Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow tarpa-taýyn aradan çykdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow tarpa-taýyn aradan çykdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow 2017-nji ýylyň 3-nji maýynda tarpa-taýyn aradan çykdy.

Batyr Ereşow 1966-njy ýylyň 13-nji iýunynda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň S.A.Nyýazow şäherçesinde eneden doguldy.

Ol 1990-njy ýylda Turkmen politehniki institutyny inžener - gurluşykçy hünäri boýunça tamamlady.

Batyr Ereşow zähmet ýoluna 1990-njy ýylda başlady.

1993-nji ýylda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkimliginiň hünärmeni bolup işledi.

1993-2006-njy ýyllarda «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginde dürli wezipeleri eýeledi.

2006-njy ýyldan 2009-njy ýyla çenli Türkmenabat şäheriniň «Gazygaýtadanişleýiş» müdirliginiň düýpli gurluşyk bölüminiň müdiri, müdirligiň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi.

2009-njy ýylda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkiminiň orunbasary, 2012-nji ýylda Seýdi şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi.

2013-nji ýylyň fewral aýyndan iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Aýratyn möhüm we düýpli gurluşyklara gözegçilik bolumimn mudiri boldy.

2013-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministri wezipesine bellenildi.

2014-nji ýylyň aprel aýyndan iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinde işledi.

2014-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellenildi.

Batyr Ereşow «Magtymguly Pyragy» medaly bilen we «Garaşsyz, Baky Bitarap Turkmenistan*, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallary bilen sylaglandy.

Uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, ýurdumyzyň senagatyny ösdürmäge goşan önjeýli goşandy Batyr Ereşowa kärdeşleriniň arasynda uly abraý getirdi.

Başarjaň ýolbaşçy, ukyply hünärmen, hoşgylaw ynsan Batyr Ereşow hakyndaky ýagşy ýatlamalar biziň kalbymyzda ebedilik ýaşar. Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin.

Gurbanguly Berdimuhamedow,
A.Nurberdiýewa,
D.Amangeldiýew,
B.Annameredow,
B.Atdaýew,
M.Babaýew,
A.Garajaýew,
B.Hojamämmedow,
R.Meredow,
E.Orazgeldiýew,
S.Toýlyýew.