Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy

Mejlisde däbe öwrülen parlamentara gatnaşyklaryň çäginde Ýewropa parlamentiniň wise-başlygy jenap Rişard Çarneskiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlary bilen duşuşyk boldy.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan döredijilikli gatnaşyklaryň wajyp bölegi hökmünde öňe çykýan parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi barada pikir alyşmalar boldy.Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen köptaraply gatnaşyklaryny mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga ýardam berjek parlamentara maslahatlary we duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Gender syýasaty, mümkinçiligi çäkli adamlaryň goragy boýunça bilelikde hereket etmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda Türkmenistan zenanlary ýurduň jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady durmuşyna işjeň çekmek, jemgyýetde maýyplaryň mynasyp orun eýelemegi boýunça netijeli çäreleri amala aşyrmakda görelde bolup durýar.

Myhmanlar Türkmenistanyň ýokary kanunçykaryjy edarasynyň esasy ýerine ýetirýän işleri we wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, kanunçykaryjylygyň dünýä tejribesiniň esasy ugurlaryny özünde jemlän pugta kanunçylyk binýady döredildi. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň wajyp konwensiýalaryna goşulmak bilen birlikde ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligine üstünlikli ýakynlaşmagyna ýardam edýär.

Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Adamyň bähbitlerini hem-de hukuklaryny goramak, jemgyýetde ýokary ynsanperwer ýörelgeleri we gymmatlyklary ornaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlary bolup durýar, dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna ygrarly bolan döwletimiz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň güýzünde Ýaşulular maslahatynda ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylyp, kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň ähmiýeti nygtaldy. Esasy Kanunymyz adamy ýurduň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edýär, raýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň ähli görnüşlerini kepillendirýär, halkyň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döredýär.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Ýewropa Bileleşiginiň ýöriteilçisi jenap Peter Burian we Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Lýubomir Frebort hem gatnaşdylar.

Ýewropa parlamentiniň wekiliýetiniň saparynyň maksatnamasynda dürli ministrliklerde, pudak edaralarynda we jemgyýetçilik guramalarynda birnäçe duşuşyklary geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi