«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we halkara gatnaşyklarynda düýpli we giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti hem-de içerki we daşarky syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde  ýurdumyzyň ähli pudaklarynda beýik ýeňişlere ýetilýär. Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýy artýar, esasy görkezijiler boýunça Türkmenistan Watanymyz bu gün dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girip, täze ýeňişlere tarap öňe barýar. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan şeýle ygtybarly özgertmeler Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly hukuk syýasatyndan ugur alýar, bu bolsa milli kanunçylyk ulgamynyň kämilleşmegi bilen sazlaşykly arabaglanyşyklydyr.

“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 52-nji maddasyna laýyklykda, kadalaşdyryjy hukuk namalaryň döwlet hasaby Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň nusgalyk maglumatlar toplumyny alyp barmagy öz içine alýar, ol Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar diýip bellenilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 14970-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnamada ministrlik öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba alýar, tertipleşdirýär, şeýle-de olaryň nusgalyk maglumatlar toplumyny, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň elektron binýadyny, hukuk maglumatlarynyň we hukuk maglumatlaryny döwletara alyşmagyň ulgamlarynyň ýöredilmegini hem-de Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, beýleki döwlet häkimiýet edaralaryna bellenen tertipde hukuk maglumatlaryny berilmegini üpjün edýär diýip bellenilen.

Hereket edýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet hasabynyň ýöredilmeginiň, tertipleşdirilmeginiň maksady Türkmenistanyň kanunçylygynyň pudaklarynyň Umumy hukuk klassifikatoryna laýyklykda kadalaşdyryjy hukuk namalaryň ulgamlaşdyrylan nusgalyk maglumatlar toplumyny emele getirip, onuň esasynda hukuk maglumatlar ulgamyny döretmek, yzygiderli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip, olary gözegçilik ýagdaýynda saklap, bu resminamalary peýdalanyjylar üçin elýeter bolmagyny üpjün etmek we ony ulanmakda amatly şertleri döretmek bolup durýar.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 1990-2018-nji ýyllar aralygyndaky kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň kodeksleriniň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarynyň we kararlarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň, şeýle hem, 1995-2018-nji ýyllar aralygynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň soňky girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen üsti ýetirilen ýagdaýyndaky maglumatlary özünde jemleýän «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy taýýarlanylyp, şahslaryň işlerinde ulanmaklary üçin mümkinçilikler döredildi.

Şeýle hem, täze «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyna «Türkmenistanyň kanunçylygynyň pudaklarynyň Umumy hukuk klassifikatoryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 7-nji fewralynda çykaran 15116-njy karary bilen tassyklanan, Umumy hukuk klassifikatory hem-de rusça-türkmençe düşündirişli hukuk sözlügi hem ýerleşdirildi.

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyna on müňden gowrak Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary girizilip, degişli namany gözläp tapmakda bir sözi ýazyp, ýa-da namanyň adyny, ýylyny ýa-da kabul edilen belgisini ýa-da bolsa Umumy hukuk klassifikatorynyň indeksini görkezip ýeňillikli usullarda gözläp tapmak mümkinçilikleri döredilendir.

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyndaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň türkmen we rus dillerindäki görnüşi, şeýle-de bir wagtda iki görnüşindäki beýanynyň görnüşini okamak üçin mümkinçilik bar.

Şahslar «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny almaga  gyzyklanma bildiren halatynda, Türkmenistanyň Adalat ministrligine ýa-da welaýat adalat bölümlerine ýüz tutup bilerler.

 



Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2017-nji ýylyň 7-nji noýabrynda çykaran 41-iş belgili

B U Ý R U G Y

 

Hukuk maglumatlary we neşir edilen gollanmalary bermegiň hem-de

olaryň berlendigi üçin tölegleri almagyň Tertibini tassyklamak hakynda

 

 

 “Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 14970-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda,buýurýaryn:

1. Hukuk maglumatlary we neşir edilen gollanmalary bermegiň hem-de olaryň berlendigi üçin tölegleri almagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary M.Taganow gözegçilik etmeli.

 

 

Ministr                                                                             B. Muhamedow

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2017-nji ýylyň 7-nji noýabrynda

çykaran 41-iş belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Hukuk maglumatlary we neşir edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi üçin tölegleri almagyň

Tertibi

 

(Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2018-nji ýylyň 19-njy iýunyndaky buýrugy esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2018-nji ýylyň 29-njy iýunynda 1138 san bilen bellige alnan)

 

1. Hukuk maglumatlary we neşir edilen gollanmalary bermegiň hem-de olaryň berlendigi üçin tölegleri almagyň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) “Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de  Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 14970-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we hukuk maglumatlary, neşir edilen gollanmalary bermegiň hem-de olaryň berlendigi üçin tölegleri almagyň tertibini kesgitleýär.

2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi (mundan beýläk – Ministrlik) resmi taýdan çap edilen we soňra girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen üsti ýetirlen hereket edýän, şeýle hem fiziki we ýuridiki şahslar ýüzlenen ýagdaýynda güýji ýitirilen hukuk namalaryny, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň Ministrlikde döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny (gizlin, gullukda peýdalanmak üçin niýetlenen namalardan başgalary) hem-de Ministrligiň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hasaba alyş kartotekasynda hasaba alnan beýleki hukuk namalarynyň nusgalaryny we Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny, şeýle hem taýýarlanan we neşir edilen gollanmalary bermekligi amala aşyrýar.

3. Şu Tertipde ulanylýan «Hukuk maglumatlary» diýen düşünje öz içine şulary alýar: resmi taýdan çap edilen hukuk namalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň Ministrlikde döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny (gizlin, gullukda peýdalanmak üçin niýetlenen namalardan başgalary), Ministrligiň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hasaba alyş kartotekasynda hasaba alnan beýleki hukuk namalary (mundan beýläk – hukuk namalar), Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny.

4. Hukuk namalaryň, Hukuk maglumatlary özünde saklaýan  «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň hem-de taýýarlanan we neşir edilen gollanmalaryň berilmegi ministrligiň Kanunçylyk müdirliginiň Hukuk maglumatlary merkezi (mundan beýläk - Hukuk maglumatlary merkezi) tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Fiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan hukuk namalaryň, Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň, şeýle hem taýýarlanan we neşir edilen gollanmalaryň (mundan beýläk – maglumatlar) berilmegi barada Ministrlige ýazmaça görnüşde ýüz tutulýar.

Iberilýän ýüztutmalarda soralýan maglumatlaryň takyk anyklanylmagyna mümkinçilik berýän maglumatlar (onuň ady, belgisi, kabul edilen senesi), zerur bolan nusga sany, ýüz tutmalary taýýarlan ýerine ýetirijiniň familiýasy, telefon belgisi, faks belgisi hem-de bu maglumatlaryň berilmeginiň ýoly (şu Tertibiň dokuzynjy böleginde görkezilen görnüşlerde) görkezilmelidir.

6. Ýüz tutma Ministrlige gelip gowşan güni bellige alynýar hem-de seredilmegi üçin ýolbaşçylaryň garamagyna geçirilýär.

7. Ýolbaşçylar bu ýüz tutma seredilmegi üçin ony Kanunçylyk müdirliginiň Hukuk maglumatlary merkeziniň jogapkär işgärine ýollaýarlar.

Ýüz tutma boýunça degişli işler geçirilip, soralýan maglumatlar taýýarlanýar we bellenilen tertipde ýüz tutma bilen ýüzlenen şahsa berilýär ýa-da iberilýär.

8. Hukuk maglumatlary merkezinde gelip gowuşýan ýüz tutmalary we berilýän maglumatlary hasaba almak boýunça ýörite kitap ýöredilýär.

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi baradaky ýüz tutmalar aýratyn kitapda hasaba alynýar.

9. Soralýan maglumatlar ýüz tutma esasynda toplanan ýa-da aýratynlykda bir-birden şu görnüşlerde berlip bilner:

a) kagyz görnüşinde;

b) elektron görnüşinde (diskde);

ç) kagyz hem-de elektron görnüşinde.

10. Şu esaslar boýunça maglumatlaryň berilmeginden ýüz dönderilip bilner:

a) eger ýüz tutma boýunça soralýan maglumatlary takyk anyklamaga mümkinçilik bolmasa;

b) eger soralýan maglumatlar gizlin, gullukda peýdalanmak üçin bolsa ýa-da çap edilmäge degişli däl bolsa;

ç) eger soralýan maglumatlar Hukuk maglumatlary merkeziniň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hasaba alyş kartotekasynda hasaba alynmadyk bolsa, şeýle hem, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki halatlarda.

11. Fiziki we ýuridik şahslara Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp, Ministrlik tarapyndan tassyklanylan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Hukuk maglumatlar berlendigi üçin alynýan tölegiň möçberine (nyrhnamasyna) (mundan beýläk - nyrhnama) laýyklykda tölegli berilýär.

12. Eger maglumatlaryň berilmegi barada netijä gelnen bolsa, bu barada ýüz tutana ýazmaça ýa-da telefon üsti bilen habar berilýär we eger Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy soralýan bolsa degişli tölegi tölemek teklip edilýär.

13. Tölegler Türkmenistanyň banklarynyň üsti bilen bellenilen tertipde Ministrligiň býujetden daşary hasaplaşyk hasabyna tölemek arkaly amala aşyrylýar. Fiziki we ýuridiki şahslar Hukuk maglumatlary merkezine tölegiň tölenilendigini tassyklaýan resminamany bermelidirler.

14. Nyrhnamada kesgitlenilen töleglerde elekton göterijiniň (diskiň) gymmaty hasaba alynmaýar. Elektron göterijiniň gymmaty ony satyn alnan bahadan ugur alyp aýratyn tölenilýär.

15. Nyrhnamada müşderä programmany ulanmak boýunça düşündiriş bermek hyzmaty göz öňünde tutulan.  

16. Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, halk maslahatlary, häkimlikler Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy üçin tölegi tölemekden boşadylýar. Bu edaralara maglumatlar olaryň ýüz tutmalary esasynda berilýär.

17. Şu Tertibiň on altynjy böleginde sanalyp geçilen edaralardan beýleki ýuridiki we fiziki şahslara Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy, bu programma üçin tölegiň geçirilendigi barada resminamanyň gelip gowşan gününden 10 (on) senenama gününiň dowamynda berilýär.

Bu programma ýuridik şahsyň ýolbaşçysyna ýa-da ol tarapyndan bellenilen tertipde resmileşdirilen ynanç haty esasynda ynanylan wekiline berilýär.

Ýuridik şahsyň iberen ýüz tutmasynyň ýanyna, şol ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň özüne berilende, onuň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy, onuň ynanylan wekiline berilende, wekiliň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy goşulýar.

Fiziki şahsa berilende onuň ýüz tutmasynyň ýanyna şol şahsyň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy goşulýar.

Ýüz tutan fiziki şahsyň özi gelip bilmedik ýagdaýynda, onuň ynanylan wekiline bellenilen tertipde tassyklanan ynanç hatynyň esasynda berilýär.

Fiziki we ýuridik şahslar welaýat adalat bölüminiň üsti bilen «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny alyp bilerler. Şunda fiziki şahslar welaýat adalat bölümine Türkmenistanyň Adalat ministrliginden «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny almakda ýardam berilmegi baradaky ýüz tutmany (şu Tertibe 1-nji goşundy), ýuridik şahslar bolsa haýyşnamany ýazmaça görnüşinde berýärler. Şol ýüz tutmanyň (haýyşnamanyň) ýanyna şu resminamalary, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrligine «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi baradaky ýüz tutma (şu Tertibe 2-nji goşundy), ýüz tutan şahsyň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy goşulýar. Welaýat adalat bölümi kabul edilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginden «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny almakda ýardam berilmegi baradaky ýüz tutmanyň (haýyşnamanyň) nusgasyny we onuň ýanyna goşulan resminamalary Ministrlige iberýär.

Welaýat adalat bölüminden agzalan resminamalar gelip gowşup, «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny bermek barada netija gelinenden soň, Hukuk maglumatlary merkezi Ministrligiň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe bölümine resminamalary geçirýär, şol bölüm tarapyndan ýuridik şahsa hasap-fakturasy, fiziki şahsa bolsa, degişli töleg maglumatlary (rekwizitleri) ýazylyp berilýär. Bu töleg resminamalary welaýat adalat bölümine iberilýär, olar tarapyndan töleg resminamalary ýüz tutan fiziki we ýuridik şahslara berilýär.

Tölegler welaýatlardaky Türkmenistanyň banklarynyň üsti bilen Ministrligiň býujetden daşary hasaplaşyk hasabyna tölemek arkaly amala aşyrylýar. Fiziki we ýuridik şahslar tölegiň tölenilendigini tassyklaýan töleg resminamany welaýat adalat bölümine berýärler.

Welaýat adalat bölümi fiziki we ýuridik şahslaryň bölümde galýan Türkmenistanyň Adalat ministliginden «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny almakda ýardam berilmegi baradaky ýüz tutmasynda (haýyşnamasynda) tölegiň geçirilendigi barada bellik edip, töleg resminamany Ministrlige iberýär.

Bu resminamalar Ministrlige gelip gowşanyndan soňra «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy ýüz tutan fiziki we ýuridik şahsa bermek üçin welaýat adalat bölümine iberilýär. Welaýat adalat bölümi Ministrlikden iberlen «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny ýüz tutan fiziki we ýuridik şahsa berýär hem-de olary Programma üpjünçiliginiň peýdalanyjylar tarapyndan ulanylmagynyň düzgünleri bilen tanyşdyryp, şol düzgünler bilen tanyşandygy barada şol düzgünlerde ýüz tutan fiziki şahsa we ýuridik şahsyň wekiline gol çekdirýär. Şeýle-de, «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berlendigi barada fiziki we ýuridik şahslaryň welaýat adalat bölümine beren ýüz tutmasynda (haýyşnamada) bellik edýärler. Programma bermek barada ýuridik şahs ýüz tutan bolsa, welaýat adalat bölümi tarapyndan bu programma ýuridik şahsyň ýolbaşçysyna ýa-da ol tarapyndan bellenilen tertipde resmileşdirilen ynanç hatyň esasynda, onuň ynanylan wekiline berilýär, eger-de fiziki şahs ýüz tutan bolsa, fiziki şahsyň özüne berilýär, ýüz tutan fiziki şahsyň özi gelip bilmedik ýagdaýynda, onuň ynanylan wekiline bellenilen tertipde tassyklanan ynanç hatynyň esasynda berilýär.

18. Şu Tertibiň onunjy bölegine laýyklykda maglumatlaryň berilmeginden ýüz dönderilen ýagdaýynda, bu barada ýüz dönderilmeginiň sebäbini görkezip, ýüzlenene hat üsti bilen jogap iberilýär.

19. Ministrlikde we welaýat adalat bölüminde «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi baradaky ýüz tutmalar (haýyşnamalar) «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi baradaky ýüz tutmalary hasaba alyş kitabynda (şu Tertibe 3-nji goşundy) aýratyn hasaba alynýar. Şeýle hem, bu Programmanyň berilmegi bilen bagly resminamalar «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi bilen bagly toplanan resminamalary özünde saklaýan kitapda (şu Tertibe 4-nji goşundy) jemlenilip saklanylýar.

20. Hukuk maglumatlary merkezi tarapyndan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň tölegli berilmegi bilen bagly hasabat (şu Tertibe 5-nji goşundy) her aýyň jemi boýunça taýýarlanylyp, Ministrligiň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe bölümine tabşyrylýar.

Welaýat adalat bölümi tarapyndan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň  berilmegi bilen bagly hasabat (şu Tertibe 5-nji goşundy) her aýyň jemi boýunça taýýarlanylyp, welaýat adalat bölüminde saklanylýar.

21. Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyna bolan hukuk Ministrlige degişlidir.

22. Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň nusgalyklaryny ýaýratmaga bolan hukuk Ministrlige degişlidir.

23. Türkmenistanyň intellektual eýeçilik hakynda kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda fiziki we ýuridik şahslara Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň nusgalyklaryny taýýarlamak we ýaýratmak gadagan edilýär. Bu barada «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň nusgalyklaryny saklaýan göterijilerde duýdurylýar.

24. Taýýarlanan we neşir edilen gollanmalaryň bahasy çaphana hyzmatlaryny ýerine ýetirýän tarapyndan kesgitleninden soňra Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp bellenilýär.

 

Hukuk maglumatlary we neşir

edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi

üçin tölegleri almagyň Tertibine

1-nji goşundy

 

 

________________ welaýat adalat       

bölümine

______________________________

         (ýaşaýan ýeri we salgysy)

______________________________

______________________________

  (ady, atasynyň ady, familiýasy)

______________________________

 

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny almakda ýardam berilmegi baradaky

ýüz tutma

 

Maňa Türkmenistanyň Adalat ministrliginden _____ sany özüme degişli bolan kompýuterimde ulanmak üçin «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny almakda ýardam bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Ýüztutmanyň ýanyna pasportymyň (ýa-da şahsyýeti tassyklaýan beýleki resminamanyň nusgasyny) goşýaryn.

 

                      __________                      _________________

                          (goly)                                                (ady, familiýasy)

     ________________

                                    (güni, aýy, ýyly)   

 

 

Habarlaşmak üçin:

Tel.____________

 

Hukuk maglumatlary we neşir

edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi

üçin tölegleri almagyň Tertibine

2-nji goşundy

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligine

 

______________________________

          (ýaşaýan ýeri we salgysy)

______________________________

______________________________

   (ady, atasynyň ady, familiýasy)

______________________________

 

 

«Adalat» elektron maglumat toplumy

programmasynyň berilmegi baradaky

ýüz tutma

 

Maňa «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny  _____ sany kompýuterimde ulanmak üçin bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Ýüztutmanyň ýanyna pasportymyň (ýa-da şahsyýeti tassyklaýan beýleki resminamanyň nusgasyny) goşýaryn.

 

                      __________                      _________________

                          (goly)                                              (ady, familiýasy)

     ________________

                                       (güni, aýy, ýyly)   

 

 

Habarlaşmak üçin:

Tel.____________.

 

Hukuk maglumatlary we neşir

edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi

üçin tölegleri almagyň Tertibine

3-nji goşundy

 

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi baradaky ýüz tutmalary (haýyşnamalary) hasaba alyş kitaby

 

T/b

 

Ýüz tutýan

(haýyş eden)

fiziki şahsyň familiýasy, ady

(ýuridik  şahsyň ady)

Ýüz tutmanyň (haýyşna-manyň) gelip gowuşan senesi we belgisi

Töleg resmina-masynyň ady we belgisi

 

 

Tölegiň möçberi

«Adalat» elektron maglumat toplumy program-masynyň berlen wagty

«Adalat» elektron maglu-mat toplumy program-masyny alanyň goly, (eger iberlen bolsa, iberlen hatyň senesi we belgisi)

Bellik

1

2

3

4

5

6

7

8

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hukuk maglumatlary we neşir

edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi

üçin tölegleri almagyň Tertibine

4-nji goşundy

 

 

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi bilen bagly topalanan resminamalary özünde saklaýan kitap

 

 

20___ýyl

 

Tertip belgi ___

 

 

Başlanan wagty: “___” _____________ 20___ý.

 

Tamamlanan wagty: “___” _____________ 20___ý.

 

 

Hukuk maglumatlary we neşir

edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi üçin  

tölegleri almagyň Tertibine

5-nji goşundy

 

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň tölegli berilmegi bilen bagly hasabat

 

 

T/b

 

Töleýji

Sany

Berlen sany

Biriniň bahasy

(manatda)

Jemi  bahasy (manatda)

1

2

3

4

5

6

 

Fiziki şahs

 

 

 

 

 

Ýuridik şahs

 

 

 

 

 

          Jemi

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda bellige alyndy.

Bellige alyş sany 1108.