Adwokatura

Adwokatura


Adwokatura raýat jemgyýetiniň hukuk instituty bolup durýan we döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamyna girmeýän, adwokatlaryň adwokatlyk işini amala aşyrmak maksady bilen döredilen we öz-özüňi dolandyrmak ýörelgelerine eýerýän professional birleşigidir.

Adwokat ýuridik kömegi bermek bilen:

  1. Dilden, şeýle hem ýazmaça görnüşde hukuk meseleleri boýunça maslahatlary berýär we düşündirýär;
  2. Arzalary, şikaýatlary, haýyşnamalary we hukuk häsiýetli beýleki resminamalary düzüp berýär;
  3. Raýat we arbitraž işlerinde ynanyja wekilçilik edýär;
  4. Dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky we jenaýat işleri boýunça döwlet, anyklaýyş, deslapky derňew edaralarynda, kazyýetde ynanyjynyň goragyny amala aşyrýar ýa-da oňa wekilçilik edýär;
  5. Döwlet edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki gaýry edaralarda, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde hem-de fiziki şahslar bilen gatnaşyklarda ynanyja wekilçilik edýär;
  6. Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna we daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna garşy gelmeýän halatlarda şol döwletleriň döwlet, kazyýet, hukuk goraýjy we beýleki edaralarynda, halkara kazyýet we täjirçilik arbitraž edaralarynda ynanyjylara wekilçilik edýär;
  7. ynanyjynyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary, guramalary ýa-da raýatlary bilen bolýan hukuk gatnaşyklarynda kömek berýär; 8) bellenilen tertipde eýeçiligiň ähli görnüşindäki ýuridik şahslara, şeýle-de daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslaryna ýuridik kömegi berýär.

Adwokatyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýuridik kömekleri bermäge hem hukugy bardyr.

Ýuridik kömek üçin ýüzlenen adam adwokat saýlap almakda erkindir. Eger adwokat saýlanyp alynmadyk bolsa ýa-da oňa mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda oňa ýuridik kömegi bermek üçin adwokat bellenilýär.


Adwokatlyk işi adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar. Bu şertnama raýat-hukuk gatnaşyklary häsiýetinde bolup, adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda ýönekeý ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

Şertnamada şular görkezilmelidir:

  1. Tabşyrygy ýerine ýetirýän adwokat baradaky we ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň şahsyýetine degişli maglumatlar;
  2. Tabşyrygyň mazmuny;
  3. Ýuridik kömek üçin tölegiň şertleri we möçberi;
  4. Adwokatyň tabşyrygy ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly goşmaça tölegler;
  5. adwokatyň şertnamany ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly jogapkärçilikleri.

Adwokat öz üstüne alan borçlarynyň ýerine ýetirilmegini üçünji bir adama berip bilmez.

Adwokatlar tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin, şu maddanyň 5-nji böleginde görkezilenden beýleki ýgdaýlarda, töleg ylalaşyk esasynda tölenilýär.

Ýuridik maslahathananyň adwokatlary tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin ylalaşyk bolmadyk ýagdaýynda ýuridik kömek üçin töleg Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan gözükdirme esasynda ýuridik maslahathananyň müdiri tarapyndan bellenilýär.

Ýuridik maslahathanada, adwokatlaryň beýleki birleşiklerinde işleýän, şeýle-de adwokatlyk işi bilen özbaşdak meşgullanýan welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň adwokatlyk işi üçin tölenilýän tölegler degişlilikde ýuridik maslahathananyň, adwokatlaryň beýleki birleşiginiň pulhanasyna ýa-da bankdaky hasabyna geçirilýär.

Adwokatyň Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslarda jenaýat kazyýet önümçiliginde anyklaýyş edarasy, sülçi, prokuror, kazy ýa-da kazyýet tarapyndan bellenilen ýagdaýlarynda ýa-da beýleki ýagdaýlarda adwokatyň işi üçin töleg döwletiň hasabyna tölenilmeli edilen bolsa, onda şol tölegiň möçberi we tölemegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda kesgitlenilýär.

Adwokatyň işi üçin töleg adwokatlar birleşiginiň serişdeleriniň hasabyna tölenilen ýagdaýynda şol tölegiň möçberi we tölemegiň tertibi şol birleşigiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.


1) Fiziki şahslara ýuridik kömek, olaryň haýyşy boýunça şu halatlarda tölegsiz berilýär


a) hak isleýjilere alimentleri (hossarlyk eklenç serişdesini) töletmek, iş bilen baglylykda ekleýjisiniň ölümine, maýyp bolmagyna getiren ýa-da jan saglygyna başga hili şikes ýetirilmegi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky işler boýunça dilden maslahatlar görnüşinde ýuridik kömek berlende we ýazmaça resminamalar düzülende;
b) Türkmenistanyň Gahrymanlaryna, weteranlaryň toparyna girýän adamlara, çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylara, I we II topar maýyplara, pensionerlere, "Ene mähri" diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere we ýetim çagalara maslahatlar görnüşinde telekeçilik işiniň meseleleri bilen baglanyşykly bolmadyk ýuridik kömek berlende;
c) pensiýa ýa-da kömek pullaryny bellemek hakyndaky arzalar düzülende;
d) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.


2) Fiziki şahslaryň ýuridik kömegi tölegsiz almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.


3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulandakylardan başga halatlarda adwokatlaryň ýolbaşçy edarasy ýa-da şol edaranyň ýolbaşçysy, şeýle hem özleriniň önümçiliginde işi bolan anyklaýyş, deslapky derňew edarasy, prokuror, kazy we kazyýet, fiziki şahsyň emläk ýagdaýyndan ugur alyp, ony ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden doly ýa-da bölekleýin boşatmaga hukuklydyr.


Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden adwokatlaryň ýolbaşçy edarasy ýa-da şol edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan boşadylanda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi adwokatlar birleşiginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.


Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden anyklaýyş, deslapky derňew edarasy, prokuror, kazy ýa-da kazyýet boşadanynda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi bellenilen tertipde döwletiň hasabyna tölenilmäge degişli edilýär.


Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasy - 2050 köçe, 17 jaý


  • TEL: (+99312)36-07-05

  • TEL: (+99312)36-27-52

Aşgabat şäher ýuridik maslahathanalary

Bagtyýarlyk etrap ýuridik maslahathanasy

2050-nji (Mejlauka) köçesiniň 17-nji jaýy +993 (12) 36-38-32

Berkararlyk etrap ýuridik maslahathanasy

Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 25/22 jaýy +993 (12) 94-51-14

Köpetdag etrap ýuridik maslahathanasy

B.Garryýew köçesiniň 62-nji jaýy +993 (12) 93-60-14

Ruhabat etrap ýuridik maslahathanasy

Ruhabat ý.t. Oguzhan köçesiniň 2-nji jaýy +993 (12) 24-49-83

Ahal welaýat adwokatlar kollegiýasy - Ak bugdaý etraby Änew şäheri, Ahal köçe 5 jaý


  • TEL: (+993 137) 33-2-52

Ahal welaýatynyň ýuridik maslahathanalary

Ak bugdaý etrap ýuridik maslahathanasy

Ak bugdaý etrabynyň Ahal köçesiniň 5-nji jaýy +993 (137) 3-35-07

Derweze etrap ýuridik maslahathanasy

Ruhabat etrabynyň Oguzhan köçesiniň 5-nji jaýy +993 (12)24-49-83

Gökdepe etrap ýuridik maslahathanasy

Babarap obasynyň Geňeşligi +993 (65) 10-73-12

Baharly etrap ýuridik maslahathanasy

Baharly şäheriniň Ýaşlyk köçesiniň 6-njy jaýy +993 (131) 20-8-42

Kaka etrap ýuridik maslahathanasy

Kaka şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 11-nji jaýy +993 (133) 3-15-13

Altyn asyr etrap ýuridik maslahathanasy

Altyn asyr şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 23-nji jaýy: +993 (135) 4-61-03

Sarahs etrap ýuridik maslahathanasy

Sarahs şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 6-njy jaýy +993 (134) 2-28-67

Tejen şäher, etrap ýuridik maslahathanasy

Azatlyk köçesiniň 11-nji jaýy +993 (135) 4-87-70

Babadaýhan etrap ýuridik maslahathanasy

Babadaýhan şäheriniň Gülzar köçesiniň 1-nji jaýy: +993 (136) 4-14-15

Balkan welaýat adwokatlar kollegiýasy - Balkanabat şäheri. 154/1


  • TEL: +993(222) 6-07-90

  • TEL: +993(222) 6-07-88

Balkan welaýatynyň ýuridik maslahathanalary

Balkanabat şäher ýuridik maslahathanasy

154-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 1-nji jaýy +993 (222) 6-07–88;6-07-89

Türkmenbaşy şäher ýuridik maslahathanasy

Azatlyk köçesiniň 29-njy jaýy +993 (243) 2-44-54;2-21-54

Türkmenbaşy etrap ýuridik maslahathanasy

Türkmenbaşy etrabynyň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýy +993 (243) 7-97-39

Serdar etrap-şäher ýuridik maslahathanasy

Serdar şäheriniň Ý. Geldimämmedow köçesiniň 21-nji jaýy

Daşoguz welaýat adwokatlar kollegiýasy - Daşoguz şäheri. Al-Horezmi köçe, 33/2


  • TEL:+993(322) 5-20-98

Daşoguz welaýatynyň ýuridik maslahathanalary

Daşoguz şäher ýuridik maslahathanasy

Al-Horezmi köçesiniň 33-2 jaýy

Akdepe etrap ýuridik maslahathanasy

Akdepe şäheriniň S.Türkmenbaşy köçesiniň 21-nji jaýy

Boldumsaz etrap ýuridik maslahathanasy

Boldumsaz şäheriniň P.Ýegendurdyýew köçesiniň 10-njy jaýy

Görogly etrap ýuridik maslahathanasy

Görogly şäheriniň S.Nyýazow köçesiniň 23-nji jaýy

Gubadag etrap ýuridik maslahathanasy

Gubadag şäheriniň Özbegistan köçesiniň 26-njy jaýy

Gurbansoltan eje adyndaky etrap ýuridik maslahathanasy

Gurbansoltan eje adyndaky şäheriniň Geňeşlik köçesiniň 10-njy jaýy

Köneürgenç etrap ýuridik maslahathanasy

Köneürgenç şäheriniň G.Gurbanmedow köçesiniň 7-nji jaýy

S.A.Nyýazow etrap ýuridik maslahathanasy

Nyýazow şäheriniň
S.Türkmenbaşy şayolunyň 8-nji jaýy

S.Türkmenbaşy etrap ýuridik maslahathanasy

S.Türkmenbaşy adyndaky şäheriniň R.Hojamow köçesiniň 34-nji jaýy

Lebap welaýat adwokatlar kollegiýasy - Türkmenabat şäheri S.A.Nyýazow şaýoly, 33 jaý


  • TEL:+993(422) 3-36-53

Lebap welaýatynyň ýuridik maslahathanalary

Türkmenabat şäher ýuridik maslahathanasy

S.A. Nyýazow şaýolynyň 33-nji jaýy +993 (422) 3-36-53

Serdarabat etrap ýuridik maslahathanasy

Türkmenabat şäheriniň S.A. Nyýazow şaýolynyň 79-njy jaýy +993 (422) 3-94-82

Halaç etrap ýuridik maslahathanasy

Halaç şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 18/2 jaýy +993 (441) 2-11-82

Seýdi şäher ýuridik maslahathanasy

Bitaraplyk köçesiniň 22-nji jaýy +993 (461) 2-22-65

Garaşsyzlyk etrap ýuridik maslahathanasy

S.A. Nyýazow şäherçesiniň Ýeňiş köçesiniň 1-nji jaýy +993 (432) 5-30-67

Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrap ýuridik maslahathanasy

Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Gurluşykçy köçesiniň 29-njy jaýy +993 (465) 2-07-27

Sakar etrap ýuridik maslahathanasy

Sakar şäheriniň S.A. Nyýazow köçesiniň 12-nji jaýy +993 (449) 3-32-67

Garabekewul etrap ýuridik maslahathanasy

Garabekawul etrabynyň Seýdi köçesiniň 41-nji jaýy +993 (443) 4-03-56

Farap etrap ýuridik maslahathanasy

Farap şäheriniň Gurbansoltan eje köçesiniň 8-nji jaýy +993 (448) 5-44-49

Köýtendag etrap ýuridik maslahathanasy

Köýtendag etrabynyň Çaryýew köçesiniň 12-nji jaýy +993 (449) 2-09- 96

Galkynyş etrap ýuridik maslahathanasy

Galkynyş şäheriniň Atamyrat aga köçesiniň 1-nji jaýy +993 (446) 5-59-64

Atamyrat şäher ýuridik maslahathanasy

Atamyrat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 23-nji jaýy +993 (444) 2-10-70

Hojambaz etrap ýuridik maslahathanasy

Hojambaz etraby ýuridik maslahathanasy +993 (66) 84- 93-57

Mary welaýat adwokatlar kollegiýasy - Mary şäheri Aga Hanjaýew köçe 51 jaý


  • TEL:+993 (522) 3-70-53

Mary welaýatynyň ýuridik maslahathanalary

Mary şäher ýuridik maslahathanasy

Aga Hanjaýew köçesiniň 51-nji jaýy

Baýramaly şäher ýuridik maslahathanasy

Bitaraplyk köçesiniň 5-nji jaýy

Mary etrap ýuridik maslahathanasy

Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýy

Murgap etrap ýuridik maslahathanasy

Murgap şäheriniň Sähetmyradow köçesiniň 16-njy jaýy

Wekilbazar etrap ýuridik maslahathanasy

Mollanepes şäherçesiniň Ýa.Berdiýew köçesiniň 7-nji jaýy

Garagum etrap ýuridik maslahathanasy

Garagum etrabynyň Bitaraplyk köçesiniň 1-nji jaýy

Baýramaly etrap ýuridik maslahathanasy

Baýramaly şäheriniň Merw köçesiniň 1-nji jaýy

Türkmengala etrap ýuridik maslahathanasy

Türkmengala etrabynyň Türkmenbaşy şaýolunyň 1-nji jaýy

Serhetabat etrap ýuridik maslahathanasy

Serhetabat şäherçesiniň Garaşsyzlyk köçesiniň 24-nji jaýy

Tagtabazar etrap ýuridik maslahathanasy

Tagtabazar şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 23-nji jaýy

Ýolöten etrap ýuridik maslahathanasy

Ýolöten şäheriniň Atçaparow köçesiniň 78-nji jaýy

Sakarçäge etrap ýuridik maslahathanasy

Sakarçäge şäheriniň Daýhan köçesiniň 2-nji “a” jaýy

Oguzhan etrap ýuridik maslahathanasy

Şatlyk şäherçesiniň Halklaryň Dostlugy köçesiniň 2-nji jaýy