2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde Watan goragçylarynyň baýramy dabaralandyryldy. Şol gün Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärleriine döwlet sylaglaryny, hünär derejelerini, Hormat hatlaryny we Minnetdarlyk hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, 2021-nji ýyly «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edildi. Watan goragçylary ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini üpjün etmekde uly işleri alyp barýarlar.
Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärleriine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda çykaran PP-779-njy we PP-781-nji Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly, “Watana bolan söýgüsi üçin” atly medaly, şahadatnamasy bilen dabaraly ýagdaýda sylaglanyldy hem-de hünär derejesi berildi.
Agzalan çärede Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärlerine hünär derejeleriniň, Hormat hatlarynyň we Minnetdarlyk hatlarynyň gowşurylyş dabarasy hem dowam etdi.
Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan durmuş - ykdysady we hukuk ulgamlarynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň netijesinde, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýokary derejede goralýan, ýurdumyzyň kanunçylyk esaslarynyň binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýän ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň halkara abraýyny artdyrmak, halkymyzyň parahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmek, dünýä halklaryny ösüş arkaly parahatçylyga çagyrmak ugrunda alyp barýan döwletli işleri günsaýyn rowaçlyklara eýe bolýar.
Türkmenistanyň adalat edaralarynyň çykyş eden işgärleri öz kärdeşlerini gutlamak bilen, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik we hukuk özgertmeleriň gözbaşynda duran Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Türkmenistanyň adalat edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäginde adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýän, döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligini amala aşyrýan döwlet edaralary bolup durýarlar. Şunuň bilen bagly, Hormatly Prezidentimiz adalat edaralarynyň işini talaba laýyk alyp barmagy üçin ulgamyň işgärlerine ähli zerur şertleri döredýär.
Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi, agzybir halkymyzyň ýagty ertiri üçin alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri üstünliklere beslensin!