Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksi

RKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we

goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde

tassyklamak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 28-nji madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizip, ony şu rejelenen görnüşde tassyklamaly (goşulýar).

 

2-nji madda. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

"Türkmenistanyň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" 1998-nji ýylyň 26-njy martynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň I bölegini;

"Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" 2000-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny;

"Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" 2000-nji ýylyň 19-njy dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň V bölegini;

"Türkmenistanyň Jenaýat jemkanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda" 2002-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny;

"Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetme girizmek hakynda" 2003-nji ýylyň 14-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny;

"Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda" 2003-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny;

"Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" 2004-nji ýylyň 16-njy martynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini;

 "Dini guramalar hakyndaky kanunçylygyň bozulmagy üçin jenaýat jogapkärçiligini ýatyrmak hakynda" 2004-nji ýylyň 13-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji bendini;

"Türkmenistanyň Jenaýat bitewi kanunyna üýtgetme girizmek hakynda" 2004-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny;

"Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň I bölümini;

"Türkmenistanyň Jenaýat bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" 2005-nji ýylyň 8-nji martynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyny;

"Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" 2007-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň VII bölegini;

"Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" 2008-nji ýylyň 25-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini;

"Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek we Türkmenistanyň käbir kanunlaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda" 2009-njy ýylyň 2-nji iýulynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň I bölegini;

"Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek we Türkmenistanyň käbir kanunlaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda" 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň I bölegini.

3-nji madda. Şu Kanun 2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                           Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 10-njy maýy.

№ 104-IV.

 

TÜRKMENISTANYŇ

JENAÝAT KODEKSI

 

UMUMY BÖLEK

 

I BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ JENAÝAT

KANUNÇYLYGY

 

1 BAP. JENAÝAT KANUNÇYLYGYNYŇ WEZIPELERI WE ÝÖRELGELERI

 

1-nji madda. Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy

 

(1) Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar hem-de şu Kodeksden ybaratdyr.

(2) Jenaýat jogapkärçiligini belleýän aýry-aýry kanunlar şu Kodekse goşulmaga degişlidir.

 

2-nji madda. Jenaýat kanunçylygynyň wezipeleri

 

(1) Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy şahsyýeti, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini, eýeçiligi, jemgyýetçilik tertibini, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, konstitusion gurluşyny we bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, parahatçylygy we adamzadyň howpsuzlygyny jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan goramak, şeýle hem jenaýatlaryň öňüni almak wezipelerinden ybaratdyr.

(2) Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy jenaýat jogapkärçiliginiň esaslaryny we ýörelgelerini berkidýär, jemgyýetçilik howply bolan haýsy etmişleriň jenaýatlar bolup durýandygyny kesgitleýär we şolaryň edilendigi üçin jezalary we gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çärelerini belleýär.

 

3-nji madda. Jenaýat kanunçylygynyň ýörelgeleri

 

(1) Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy kanunylyk, kanunyň öňünde raýatlaryň deňligi, günäli jogapkärçilik, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar.

(2) Etmişiň jenaýatçylyklydygy, şoňa jeza berilmelidigi we gaýry jenaýat-hukuk netijeleri jenaýat kanuny arkaly kesgitlenilýär.

(3) Adam günäsi belli edilen, diňe zyýanly netijelere getiren hereketleri (hereketsizligi) üçin jenaýat jogapkärçiligine degişlidir.

(4) Kazyýetiň hökümi boýunça we kanuna laýyklykda günäkär diýlip hasaplanylmasa we jenaýat jezasy berilýän bolmasa, hiç kim jenaýat etmekde günäkär diýlip hasap edilip bilinmez, oňa jenaýat jezasy berlip bilinmez.

(5) Jenaýat eden adamlar kanunyň öňünde deňdirler we jynsyna, teniniň renkine, milletine, diline, emläk we wezipe ýagdaýyna, dine garaýşyna, ynançlaryna, haýsy bir partiýa degişliligine garamazdan, jenaýat jogapkärçiligine degişlidirler.

(6) Jenaýat eden adama ulanylmaga degişli jeza we gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çäresi adalatly bolmalydyr, jenaýatyň agyrlygyna, onuň edilen ýagdaýlaryna we günäkäriň şahsyýetine berk laýyk gelmelidir.

(7) Jenaýat eden adamlara ulanylýan jeza we gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çäreleri fiziki taýdan ejir çekmeler ýetirmegi ýa-da adam mertebesiniň kemsidilmegini öz maksady edinip bilmez.

(8) Şol bir jenaýat üçin hiç kim jenaýat jogapkärçiligini iki gezek çekip bilmez.

 

4-nji madda. Jenaýat jogapkärçiliginiň esasy

 

Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jenaýat düzüminiň ähli alamatlaryny özünde saklaýan etmişiň edilmegi jenaýat jogapkärçiliginiň esasy bolup durýar.

 

2 BAP. JENAÝAT KANUNYNYŇ HEREKET EDÝÄN

WAGTY WE GIŇIŞLIGI

 

5-nji madda. Jenaýat kanunynyň hereket edýän wagty

 

(1) Etmişiň jenaýatçylyklydygy we jeza berilmelidigi şol etmişiň edilen wagtynda hereket eden kanun boýunça kesgitlenilýär.

(2) Jenaýatyň amala aşyrylan wagty diýlip, onuň netijeleriniň başlanýan wagty hasap edilýär, emma jogapkärçilik jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan hereketiň (hereketsizligiň) edilendigi üçin bellenilen ýagdaýlarda bolsa, şol hereketiň (hereketsizligiň) edilen wagty hasap edilýär.

 

6-njy madda. Jenaýat kanunynyň güýjüniň yzyna hereket etmegi

 

(1) Jenaýat eden adamyň jenaýat jogapkärçiligini aradan aýyrýan, jezasyny ýeňilleşdirýän ýa-da ýagdaýyny başga hili gowulandyrýan kanunyň güýji yzyna hereket edýär, ýagny, ol bu kanun güýje girmezinden öň degişli etmiş eden adamlara, şol sanda jezasyny çekýän ýa-da jezasyny çeken, ýöne iş kesilenlik aýby bolan adamlara hem degişlidir. Etmişiň jenaýatçylyklydygyny belleýän, jezany güýçlendirýän ýa-da adamyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan kanunyň güýji yzyna hereket etmeýär.

(2) Eger täze jenaýat kanuny etmişi üçin jezasyny çekýän adamyň etmişine jeza berilmegini ýeňilleşdirse, bellenilen jeza täze kanunda göz öňünde  tutulan  çäklere laýyklykda kemeldilmäge degişlidir.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň çäginde jenaýat eden adamlar barada jenaýat kanunynyň hereketi

 

(1) Türkmenistanyň çäginde jenaýat eden adamlar Türkmenistanyň jenaýat kanuny boýunça jogapkärçilige degişlidirler.

(2) Türkmenistanyň çäklerindäki suwlarynyň ýa-da howa giňişliginiň çäklerinde edilen jenaýatlar Türkmenistanyň çäginde edilen diýlip hasap edilýär. Şu Kodeksiň güýji şeýle hem Türkmenistanyň kontinental şelfinde we deňiz ykdysady zolagynda edilen jenaýatlara degişlidir.

(3) Türkmenistanyň portuna ýazylan, Türkmenistanyň çäklerinden daşyndaky suw ýa-da howa giňişliginde bolan gämide jenaýat eden adam, eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň jenaýat kanuny boýunça jogapkärçilik çekýär.

(4) Jenaýat döwletleriň ikisiniň ýa-da şondan-da köpüsiniň çäklerinde edilende, eger jenaýat Türkmenistanyň çäginde tamamlansa ýa-da onuň öňi alynsa, jogapkärçilik Türkmenistanyň jenaýat kanuny boýunça başlanýar.

(5) Daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilleriniň we immunitetden peýdalanýan gaýry adamlaryň jenaýat jogapkärçiligi hakyndaky mesele, şol adamlar tarapyndan Türkmenistanyň çäginde jenaýat edilen mahalynda halkara hukugynyň kadalarynyň we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň esasynda çözülýär.

 

8-nji madda. Türkmenistanyň çäkleriniň daşynda jenaýat eden adamlar barada jenaýat kanunynyň hereketi

 

(1) Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäklerinden daşarda, Türkmenistanyň jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jenaýaty edende, eger edilen etmiş üçin jogapkärçilik onuň edilen çäklerindäki döwletiň jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan bolsa we eger şol adamlara daşary ýurt döwletinde iş kesilmedik bolsa, Türkmenistanyň jenaýat kanuny boýunça jogapkärçilige degişlidirler. Şunda jenaýatyň edilen ýerinde hereket edýän kanunda göz öňünde tutulan jezanyň ýokary çäginden aňry geçýän jeza bellenilip bilinmez.

(2) Daşary ýurtly raýatlar, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşamaýan, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäklerinden daşynda eden jenaýaty üçin, eger jenaýat Türkmenistanyň ýa-da onuň raýatlarynyň garşysyna gönükdirilse, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertlamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda, eger olar daşary ýurt döwletinde iş kesilmedik bolsa we Türkmenistanyň çäginde jenaýat jogapkärçiligine çekilmedik bolsa, Türkmenistanyň jenaýat kanunlary boýunça jogäpkärçilige degişlidir.

 

9-njy madda. Jenaýat eden adamlaryň berilmegi

 

(1) Daşary ýurt döwletiniň çäklerinde jenaýat eden Türkmenistanyň raýatlary şol döwlete berilmäge degişli däldir.

(2) Türkmenistanyň çäkleriniň daşynda jenaýat eden we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtly raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň goşulyşan halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň ylalaşyklaryna, konwensiýalaryna we gaýry halkara-hukuk kadalaryna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekmek ýa-da jezasyny çekdirmek üçin daşary ýurt döwletine berlip bilner.

 

II BÖLÜM. JENAÝAT

 

3 BAP. JENAÝAT DIÝEN DÜŞÜNJE, JENAÝATLARYŇ

DEREJELERI WE GÖRNÜŞLERI

 

10-njy madda. Jenaýat diýen düşünje

 

Jenaýat kanuny tarapyndan goralýan obýektlere zyýan ýetirýän ýa-da zyýan ýetirmäge howp döredýän, edilen (hereket ýa-da hereketsizlik) jemgyýetçilik howply günä etmiş  jenaýat diýlip hasap edilýär.

 

11-nji madda. Jenaýatlaryň derejeleri

 

(1) Günäniň agyrlyk derejesine we günäli etmişiň görnüşine baglylykda şu Kodeksde göz öňünde tutulan etmişler uly bolmadyk agyr, ortaça agyr, agyr we aýratyn agyr jenaýatlara bölünýär.

(2) Uly bolmadyk agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat  kanunynda ýokary jezasy iki ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn we seresapsyzlykly etmişler hasaplanylýar.

(3) Ortaça agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda iň ýokary jezasy sekiz ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn we seresapsyzlykly etmişler hasap edilýär.

(4) Agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçiň jenaýat kanunynda iň ýokary jezasy on bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn we seresapsyzlykly etmişler hasaplanylýar.

(5) Aýratyn agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda ýigrimi bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jezasy görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn jenaýatlar hasaplanylýar.

 

12-nji madda. Gutarylan we gutarylmadyk jenaýat

 

(1) Eger adam tarapyndan edilen etmişde jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jenaýat düzüminiň alamatlarynyň hemmesi bar bolsa, jenaýat gutaran diýlip hasap edilýär.

(2) Jenaýata taýýarlyk görmek ýa-da jenaýat kastyna düşmek gutarylmadyk jenaýat diýlip hasap edilýär.

(3) Jenaýata taýýarlyk görmek ýa-da jenaýat kastyna düşmek üçin jogapkärçilik şu Kodeksiň 13 we 14 maddalaryna salgylanmak bilen, gutaran jenaýatyňky ýaly, jenaýat kanunynyň şol maddasy boýunça bolýar.

 

13-nji madda. Jenaýata taýýarlyk görmek

 

(1) Serişdeleri we gurallary gözläp tapmak, taýýarlamak ýa-da ulanmaga taýýarlamak, jenaýat etmek üçin dilleşmek ýa-da jenaýat etmek üçin gaýry şertleri bilkastlaýyn döretmek, eger şunda jenaýat adama bagly bolmadyk ýagdaýlar boýunça ahyryna çenli ýetirilmese, jenaýata taýýarlyk diýlip hasap edilýär.

(2) Jenaýat jogapkärçiligi diňe ortaça agyr jenaýata, agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýata taýýarlyk üçin düşýär.

 

14-nji madda. Jenaýat kastyna düşmek

 

Gös-göni jenaýat etmäge gönükdirilen bilkastlaýyn hereket ýa-da hereketsizlik, eger şunda jenaýat adama bagly bolmadyk ýagdaýlar boýunça ahyryna çenli ýetirilmese, jenaýat kastyna düşmek diýlip  hasap edilýär.

 

15-nji madda. Uzaga çekýän jenaýat

 

(1) Uzaga çekýän jenaýat diýlip, etmişiň alamatlary jenaýat kanunynyň bir maddasynda ýa-da maddasynyň böleginde göz öňünde tutulan şol etmişi amala aşyrmak kesgitsiz wagtyň dowamynda durýan etmiş hasap edilýär.

(2) Uzaga çekýän jenaýat amala aşyrylan etmişiň bes edilen pursadyndan ýa-da onuň dowam etmegine päsgel berýän wakanyň başlanan pursadyndan gutaran diýlip hasap edilýär.

 

16-njy madda. Dowam edýän jenaýat

 

(1) Dowam edýän jenaýat diýlip, alamatlary jenaýat kanunynyň bir maddasynda ýa-da maddasynyň böleginde göz  öňünde tutulan we ýeke-täk niýeti gurşap alýan we umumy maksady bolan birmeňzeş etmişleriň ikisinden ýa-da şondan hem köpüsinden ybarat etmiş hasap edilýär.

(2) Dowam edýän jenaýat soňky jenaýatçylykly etmişiň tamamlanan pursadyndan başlap, gutaran diýlip hasap edilýär.

 

17-nji madda. Jenaýatlaryň gaýtalanmagy

 

(1) Şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň bir maddasynda ýa-da  maddasynyň böleginde göz öňünde tutulan jenaýatlaryň ikisiniň ýa-da şondan hem köpüsiniň edilmegi jenaýatlaryň gaýtalanmagy diýlip hasap edilýär. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň dürli maddalarynda göz öňünde tutulan iki ýa-da şondan hem köp jenaýatlaryň edilmegi diňe Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň Aýratyn böleginde ýörite görkezilen ýagdaýlarda şolaryň  gaýtalanmagy diýlip hasap edilip bilner.

(2) Eger öňki edilen jenaýatlar üçin olary eden adam jenaýat jogapkärçiliginden ýa-da jezasyndan boşadylsa ýa-da şol jenaýatlar üçin kanunda bellenilen tertipde iş kesilenlik aýby öz-özünden aýrylsa ýa-da aýrylsa, jenaýat gaýtalanan diýlip hasap edilmeýär.

 

18-nji madda. Jenaýatlaryň umumy jemi

 

(1) Jenaýat kanunynyň dürli maddalarynda ýa-da maddasynyň  böleklerinde göz öňünde tutulan etmişleriň ikisiniň ýa-da şondan hem köpüsiniň edilmegi, şolaryň biri üçin hem adama iş kesilmedik bolsa, jenaýatlaryň umumy jemi diýlip hasap edilýär.

(2) Adamyň jenaýat kanunynyň maddalarynyň ikisinde ýa-da şondan hem köpüsinde göz öňünde tutulan bir etmişi eden halatlary hem jenaýatlaryň umumy jemi diýlip hasap edilýär.  

(3) Eger jenaýat umumy we ýörite kadada göz öňünde tutulan bolsa, jenaýatlaryň umumy jemi bolmaýar we jogapkärçilik ýörite kada boýunça düşýär.

(4) Jenaýatlaryň umumy jeminde adam her bir edilen jenaýat üçin jenaýat kanunynyň degişli maddasy we maddanyň bölegi boýunça jogapkärçilik çekýär.

 

19-njy madda. Jenaýatlaryň residiwi

 

(1) Öň edilen bilkastlaýyn jenaýaty üçin iş kesilenlik aýby bolan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýatyň edilmegi jenaýatlaryň residiwi diýlip hasap edilýär.

(2) Aşakdaky halatlarda jenaýatlaryň residiwi howply diýlip hasap edilýär:

a) öň bilkastlaýyn jenaýaty üçin iki gezek azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilende;

b) öň bilkastlaýyn agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty üçin iş kesilen adam tarapyndan bilkastlaýyn agyr jenaýat edilende.

(3) Aşakdaky halatlarda jenaýatlaryň residiwi aýratyn howply diýlip hasap edilýär:

a) eger öň bilkastlaýyn agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat üçin iş kesilen adam üç ýa-da şondan-da köp gezek azatlykdan mahrum edilen bolsa, ol bilkastlaýyn eden jenaýaty üçin azatlykdan mahrum edilende;

b) eger öň ol aýratyn agyr jenaýaty üçin iş kesilen adam tarapyndan aýratyn agyr jenaýat edilende.

(4) On sekiz ýaşa çenli edilen jenaýatlar üçin iş kesilenlik aýby, şeýle hem şu Kodeksiň 81 maddasy arkaly bellenilen tertipde aýrylan ýa-da öz-özünden aýrylan iş kesilenlik aýby residiw hasap edilende nazara alynmaýar.

 

4 BAP. JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINE

DEGIŞLI ADAMLAR

 

20-nji madda. Jenaýat jogapkärçiliginiň umumy şertleri

 

Jenaýat jogapkärçiligine şu Kodeks arkaly bellenilen ýaşa ýeten, akyly düzüw fiziki şahs degişlidir.

 

21-nji madda. Jenaýat jogapkärçiliginiň düşýän ýaşy

 

(1) Jenaýat jogapkärçiligine jenaýat eden wagtyna çenli on alty ýaşy dolan adamlar düşýär.

(2) On dört ýaşdan on alty ýaşa çenli bolan adamlar jenaýat edende, bilkastlaýyn adam öldürendigi üçin (101 madda), saglyga bilkastlaýyn agyr şikes ýetirendigi üçin (107 madda), saglyga bilkastlaýyn ortaça agyrlykdaky şikes ýetirendigi üçin (108 madda), zorlandygy üçin (134 madda), ogurlyk edendigi üçin (227 madda), talaňçylyk edendigi üçin (230 madda), garakçylyk edendigi üçin (231 madda), gorkuzyp alandygy üçin (232 madda), kesekiniň ulag serişdesini bikanun eýeländigi üçin (234 madda), emlägi bilkastlaýyn ýok edendigl ýa-da zaýalandygy üçin (235 maddanyň ikinji bölegi), ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary we partladyjy enjamlary ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (291 madda), neşe serişdeleri ýa-da psihotrop maddalary satmak  maksady bilen bikanun taýýarlandygy, gaýtadan işländigi, edinendigi, saklandygy, daşandygy, iberendigi üçin (292 madda), neşe serişdeleri ýa-da psihotrop maddalary ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (294 madda) jenaýat jogapkärçiligine degişlidir.

 

22-nji madda. Akyly düzüwlik

 

Jenaýat eden mahalynda öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine we ähmiýetine düşünen we olardan ugur alan adam akyly düzüw diýlip hasap edilýär.

 

23-nji madda. Akyly ýerinde dällik

 

(1) Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi eden mahalynda öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine we ähmiýetine, olaryň jemgyýetçilik taýdan howpludygyna akyl ýetirip bilmedik ýa-da psihiki taýdan kesellemegi, psihiki bozulmagyň wagtlaýyn keselliligi ýa-da akyly kemligi netijesinde şolara erk edip bilmedik adam jenaýat jogapkärçiligine çekilmeýär.

(2) Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi akyly ýerinde dällik ýagdaýynda eden adama kazyýet tarapyndan şu Kodeksde göz öňünde tutulan lukmançylyk häsiýetli  mejbury çäreler bellenilip bilner.

 

24-nji madda. Psihiki ösüşde yza galan akyly düzüw adamlaryň jenaýat jogapkärçiligi

 

Jenaýat eden mahalynda akyly düzüw bolan, ýöne öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine we ähmiýetine düşünmekde kynçylyk çeken ýa-da psihiki ösüşde yza galmagy ýa-da psihiki kesellilik ýagdaýy sebäpli şolara erk etmeginde kynçylyk çeken adam jenaýat jogapkärçiligine degişlidir. Görkezilen ýagdaýlar jezanyň görnüşi we möçberi bellenilende nazara alynýar.

 

25-nji madda. Serhoşlyk ýagdaýynda jenaýat eden adamlaryň jenaýat jogapkärçiligi

 

(1) Alkogolly, neşe ýa-da seri dumanladyjy beýleki maddalary ulanmak netijesinde dörän serhoşlyk mahalynda jenaýat eden adam jenaýat jogapkärçiligine degişlidir.

(2) Serhoşlygyň sebäpleri, serhoşlygyň derejesi we jenaýat edilmegine onuň täsiri jeza bellenilende nazara alynýar.

 

5 BAP. GÜNÄ

 

26-njy madda. Günä we onuň görnüşleri

 

(1) Günä, munuň özi niýetlilik ýa-da seresapsyzlyk görnüşinde aňladylan, edýän jenaýatyna adamyň düşünjeli-erkli psihiki gatnaşygydyr.

(2) Diňe jemgyýetçilik howply etmişi bilkastlaýyn ýa-da seresapsyzlyk boýunça eden adam jenaýatda günäli diýlip hasap edilip bilner.

(3) Seresapsyzlyk boýunça edilen etmiş, munuň özi diňe jenaýat kanuny tarapyndan göni nazarda tutulan halatlarda jenaýat diýlip hasap edilýär.

 

27-nji madda. Bilkastlaýyn edilen jenaýat

 

(1) Göni ýa-da gytaklaýyn niýet bilen edilen jemgyýetçilik howply etmiş bilkastlaýyn edilen jenaýat diýlip hasaplanylýar.

(2) Eger jenaýaty eden adam öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik howply häsiýetine akyl ýetirse, onuň jemgyýetçilik howply netijelerini öňünden görse, şolaryň bolmagyny islese ýa-da netijeleriň bolmagynyň gutulgysyzdygyny öňünden görse, jenaýat göni niýet bilen edilen diýlip hasap edilýär.

(3) Eger jenaýaty eden adam öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik howply häsiýetine akyl ýetirse, onuň jemgyýetçilik howply netijelerini öňünden görse, islemese, ýöne şeýle netijeleriň bolmagyna düşünjeli ýol berse ýa-da olara parhsyz garasa, jenaýat gytaklaýyn niýet bilen edilen diýlip hasap edilýär.

 

28-nji madda. Seresapsyzlyk boýunça edilen jenaýat

 

(1) Jemgyýetçilik üçin howply netijeleriň bolmagyna getiren, özüne ynam edijilik ýa-da harsallyk boýunça edilen jemgyýetçilik howply etmiş seresapsyzlyk boýunça edilen jenaýat diýlip hasap edilýär.

(2) Eger jenaýaty eden adam, öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik üçin howpludygyna akyl ýetirse, jemgyýetçilik howply netijeleriň, bolmak mümkinçiligini öňünden görse, ýöne olaryň öňüni alaryn diýip ýeňilkellelik bilen hasap etse, özüňe ynam edijilik boýunça edilen jenaýat  diýlip hasap edilýär.

(3) Eger jenaýaty eden adam öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik üçin howpludygyna akyl ýetirmese, jemgyýetçilik howply netijeleriň bolmak mümkinçiligini öňünden görüp bilmese, hatda zerur ünslülik we hüşgärlik bolanda, şolary öňünden görmeli we görmegi mümkin bolan ýagdaýdaky jenaýat harsallyk boýunça edilen diýlip hasaplanylýar.

 

29-njy madda. Niýet we seresapsyzlyk utgaşanda edilen jenaýat üçin  jogapkärçilik (günäniň ikileýin görnüşi)

 

(1) Günäniň ikileýin görnüşi bilkastlaýyn edilen jenaýat bilen we şeýle jenaýat netijesinde bolan netijeler babatynda seresapsyzlyk bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle jenaýat tutuşlygyna bilkastlaýyn edilen diýlip hasap edilýär.

(2) Eger bilkastlaýyn jenaýat etmegiň netijesinde onuň bolýan netijelerini kanun has berk jeza bilen baglanyşdyrsa, eger adam şeýle netijeleriň bolmak mümkinçiligini öňünden görüp bilmese, ýöne görmeli ýa-da öňünden görmegi mümkin bolsa ýa-da eger adam olaryň bolmak mümkinçiligini öňünden görse, ýöne olaryň öňüni alaryn diýip, ýeňilkellelik bilen hasap etse, diňe şeýle halatda şeýle netijeler üçin jenaýat jogapkärçiligi bolup biler.

 

30-njy madda. Günäsiz zyýan ýetirmek (tötänlik)

 

(1) Eger adam etmişiň jemgyýetçilik üçin howpludygyna akyl ýetirmese ýa-da öz hereketiniň (hereketsizliginiň) jemgyýetçilik howply netijeleriniň bolmagynyň mümkinçiligini öňünden görmese we işiň ýagdaýlary boýunça olary öňünden görüp bolmasa ýa-da görüp bilmese, etmiş günäsiz edilen diýlip hasaplanylýar.

(2) Eger jenaýat eden adam jemgyýetçilik howply netijeleriň bolmak mümkinçiligini öňünden gören hem bolsa, ýöne onuň psihofiziologik sypatlarynyň ekstremal şertlere ýa-da nerw-psihologik taýdan salynýan agrama laýyk gelmezligi netijesinde, olaryň öňüni alyp bilmese, şeýle etmiş günäsiz edilen diýlip hasaplanylýar.

 

31-nji madda. Ýuridik we hakyky ýalňyşlyk

 

(1) Eger adam jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi edip, onuň bikanundygyna düşünmese we işiň ýagdaýlary boýunça düşünip bilmese, ol jenaýat jogapkärçiligine degişli däldir.

(2) Eger adam jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi edip, şol jenaýatyň düzümine degişli hakyky ýagdaýlar babatynda sap ýüreklilik bilen ýalňyşan bolsa, onda şol etmişiň bilkastlaýyn edilendigi üçin jogäpkärçilik çekip bilmez.

(3) Eger kanun has berk jezany belli bir hakyky ýagdaýlaryň bolmagy bilen baglanyşdyrsa, ýöne jenaýaty eden adam şol ýagdaýlar babatynda sap ýüreklilik bilen ýalňyşan bolsa, onda ol has berk jogapkärçilige degişli bolup bilmez.

 

6 BAP. JENAÝATA BILE GATNAŞMA

 

32-nji madda. Jenaýata bile gatnaşma diýen düşünje

 

Bilkastlaýyn jenaýaty etmäge iki ýa-da şondan-da köp adamyň bilkastlaýyn bilelikde gatnaşmagy jenaýata bile gatnaşma diýlip hasap edilýär.

 

33-nji madda. Şärikleriň görnüşleri

 

(1) Jenaýaty ýerine ýetiriji bilen bir hatarda jenaýaty guraýjy, meçew beriji we ýaran jenaýatyň şärikleri diýlip hasap edilýär.

(2) Jenaýaty gös-göni eden adam ýa-da beýleki adamlar (bilelikde ýerine ýetirijiler) bilen bilelikde etmäge gös-göni gatnaşan, şeýle hem kanunyň güýjüne görä jenaýat jogapkärçiligine degişli bolmadyk, beýleki adamlary peýdalanmak arkaly jenaýat eden jenaýaty ýerine ýetiriji diýlip hasap edilýär.

(3) Jenaýat etmegi guran ýa-da onuň ýerine ýetirilmegine ýolbaşçylyk eden, şeýle hem jenaýat etmek üçin guramaçylykly topary ýa-da jenaýatçylykly bileleşigi döreden ýa-da olara ýolbaşçylyk eden adam jenaýaty guraýjy diýlip hasap edilýär.

(4) Razy etmek, bermit bermek, haýbat atmak ýa-da başga usul arkaly jenaýat etmäge yran adam jenaýat etmäge meçew beriji diýlip hasap edilýär.

(5) Maslahatlary, görkezmeleri bilen, habarlary, jenaýat etmegiň gurallaryny ýa-da serişdelerini bermek ýa-da päsgelçilikleri ýok etmek bilen, jenaýat edilmegine ýardam beren adam, şeýle hem jenaýatçyny, ýaragy ýa-da jenaýat etmegiň gaýry serişdelerini, jenaýatyň yzlaryny ýa-da jenaýatçylykly ýol bilen edinilen närseleri gizlemegi öňünden wada beren adam, şeýle hem şeýle närseleri edinmegi ýa-da ýerleşdirmegi öňünden wada beren adam ýaran diýlip hasap edilýär.

 

34-nji madda. Deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan jenaýatyň edilmegi

 

(1) Eger jenaýaty bilelikde etmek hakynda oňa deslapdan dilleşmek boýunça iki we şondan-da köp adam gatnaşsa, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen jenaýat diýlip hasap edilýär.

(2) Eger bir ýa-da birnäçe jenaýatlary etmek üçin öňünden birleşen adamlaryň durnukly topary tarapyndan jenaýat edilse, jenaýat guramaçylykly topar tarapyndan edilen diýlip hasap edilýär.

(3) Agyr we aýratyn agyr jenaýatlary etmek üçin döredilen, durnukly, jebis, dolandyrylýan gurama deslapdan toplanylan adamlar tarapyndan edilse, jenaýat jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen diýlip hasap edilýär.

(4) Jenaýatçylykly bileleşigi guran ýa-da oňa ýolbaşçylyk eden adam jenaýatçylykly bileleşigi gurandygy we ýolbaşçylyk edendigi üçin, şeýle hem onuň niýeti bilen gurşalyp alynsa, bileleşik tarapyndan edilen ähli jenaýat üçin jogapkärçilik çekýär. Jenaýatçylykly bileleşigiň beýleki gatnaşyjylary oňa gatnaşandygy we olaryň gatnaşan jenaýaty edendigi ýa-da taýýarlandygy üçin jogapkärçilik çekýärler.

(5) Deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan jenaýatyň edilmegi şu Kodeks esasynda we ol tarapyndan bellenilen çäklerde has berk jeza berilmegine eltýär.

 

35-nji madda. Şärikleriň jogapkärçiligi

 

(1) Şärikleriň jogapkärçiligi jenaýat  etmekde olaryň her biriniň gatnaşygynyň derejesi we häsiýeti  bilen  kesgitlenilýär.

(2) Bilelikde ýerine ýetirijiler özleriniň bilelikde eden jenaýaty üçin jenaýat  kanunynyň bir maddasy boýunça jogap berýärler.

(3) Guramaçynyň, meçew berijiniň we ýaranyň jogapkärçiligi şu Kodeksiň 33 maddasyna salgylanmak bilen, ýerine ýetirijiniňki ýaly, Jenaýat kodeksiniň Aýratyn böleginiň şol maddasy  boýunça degişli bolýar.

(4) Eger özüne bagly bolmadyk ýagdaýlara görä, ýerine ýetiriji tarapyndan jenaýat ahyryna çenli ýetirilmedik halatynda, jenaýatyň galan şärikleri jenaýat edilmegini taýýarlamaga we jenaýat etmegiň kastyna düşmäge bile gatnaşandygy üçin jogapkärçilik çekýärler.

 

36-njy madda. Ýerine ýetirijiniň kadadan çykmagy

 

Beýleki şärikleriň niýetini gurşap almaýan, ýerine ýetiriji tarapyndan jenaýatyň edilmegi ýerine ýetirijiniň kadadan çykmagy diýlip hasap edilýär. Ýerine ýetirijiniň kadadan çykmagyna beýleki  şärikler jenaýat jogapkärçiligine degişli däldirler.

 

7 BAP. ETMIŞIŇ JENAÝATÇYLYKLYDYGYNY

ARADAN AÝYRÝAN ÝAGDAÝLAR

 

37-nji madda. Zerur goranyş

 

(1) Eger çozuş goranýanyň ýa-da başga adamyň jany üçin howply zorluk ulanmak ýa-da gös-göni şeýle zorlugy ulanmak haýbatyny atmak bilen edilse, hyýanat edýäne islendik zyýan ýetirmek arkaly şahsyýetiň, goranýanyň, başga adamyň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy jenaýat bolmaýar we kanunylyga laýyk hasap edilýär.

(2) Goranýanyň ýa-da başga adamyň jany üçin howply bolan zorluk bilen ýa-da şeýle zorluk ulanmak haýbaty bilen baglanyşykly bolmadyk çozuşdan goranmak, eger şunda zerur goranyşyň çäklerinden aňry çykmaga ýol berilmedik bolsa, ýagny, hyýanatçylygyň häsiýetine we howpuna açyk laýyk gelmeýän bilkastlaýyn hereketlere ýol berilmedik bolsa, ol kanunylyga laýyk hasaplanylýar.

(3) Hyýanatçylykdan gutulmaga ýa-da başga adamlara ýa-da häkimiýet edaralaryna kömek üçin ýüz tutmaga mümkinçilige garamazdan, adama zerur goranyşa bolan hukuk degişlidir.

 

38-nji madda. Jenaýat eden adam saklananda zyýan ýetirilmegi

 

(1) Jenaýat eden adam häkimiýet edaralaryna eltmek we täze jenaýatlary etmek mümkinçiliginiň öňüni almak üçin saklananda, eger ol garşylyk bildirse we başga serişdeler bilen şeýle adamy saklamak mümkin bolmasa we şunlukda munuň üçin zerur çärelerden aňry geçmäge ýol berilmedik bolsa, oňa zyýan ýetirilmegi jenaýat däldir.

(2) Jenaýat eden adamy saklamak üçin zerur bolan çärelerden aňry geçilmegi diýlip, saklanylan adam tarapyndan edilen etmişiň häsiýetine we howpuna we saklamagyň ýagdaýlaryna olaryň açyk laýyk gelmezligi, haçan-da şol adama zerurlyk bolmazdan, ýagdaýyň talap etmeýän hetdenaşa açyk zyýanyň ýetirilmegi hasap edilýär. Şeýle çäkden çykmak diňe bilkastlaýyn zyýan ýetirilen halatlarynda  jogapkärçilige eltýär.

 

39-njy madda. Bialaç zerurlyk

 

(1) Bialaç zerurlyk ýagdaýynda hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi, ýagny, şol adamyň ýa-da başga adamlaryň janyna, saglygyna, hukuklaryna we kanuny bähbitlerine, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine gös-göni abanýan howpy aradan aýyrmak üçin, eger bu howp şol ýagdaýlarda gaýry serişdeler bilen aradan aýrylyp  bilinmese we şunda zerurlygyň çäklerinden bialaç çykylmagyna ýol berilmedik bolsa, şonuň ýaly hereket jenaýat bolmaýar.

(2) Bialaç zerurlygyň çäklerinden çykylmagy diýlip, salynýan howpuň we howpuň aradan aýrylan ýagdaýyna, onuň häsiýetine we derejesine açyk laýyk gelmeýän zyýan ýetirilmegi, haçanda öňi alynýana garanda, hukuk goralýan bähbitlere has köp zyýan ýetirilende hasap edilýär. Şeýle çäkden çykylmagy diňe bilkastlaýyn zyýan ýetirilen halatlarynda jogapkärçilige eltýär.

 

40-nji madda. Fiziki we psihiki taýdan mejbur etmek

 

(1) Fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetiren adamyň hereketi (hereketsizligi), ol eger şeýle mejbur etmegiň netijesinde, öz hereketlerine erk edip bilmese, şeýle hereket jenaýat bolmaýar.

(2) Başga halatlarda fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetirilendigi üçin jogapkärçilik hakyndaky mesele şu Kodeksiň 39 maddasynyň düzgünlerini nazara almak bilen çözülýär.

 

41-nji madda. Esaslandyrylan töwekgelçilik

 

(1) Durmuş taýdan peýdaly maksada ýetmek üçin obýektiw esaslandyrylan töwekgelçilik mahalynda hukuk goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi jenaýat bolmaýar.

(2) Eger goýlan maksada töwekgelçilik bilen baglanyşyksyz hereketler bilen ýetilip bolmasa we töwekgelçilige ýol beren adam hukuk goralýan bähbitlere zyýanyň öňüni almak üçin zerur çäreleri gören bolsa, töwekgelçilik esaslandyrylan diýlip hasap edilýär.

(3) Eger töwekgelçilik adamlaryň saglygyna ýa-da janyna howp  salmak, ekologik heläkçiligi ýa-da jemgyýetçilik betbagtçylygy bilen görnetin baglanyşykly bolan bolsa, töwekgelçilik esaslandyrylan diýlip hasap edilmeýär.

 

42-nji madda. Buýrugy ýerine ýetirmek

 

(1) Bellenilen tertipde we degişli görnüşi berjaý etmek bilen, onuň üçin hökmany buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmek üçin hereket edýän adam tarapyndan hukuk taýdan goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi jenaýat däldir.

(2) Bikanun buýrugy ýa-da başga  görkezmäni ýerine ýetirmegiň netijesinde hukuk taýdan goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi, eger adam onuň bikanun häsiýetine akyl ýetirmese, jogapkärçiligi aradan aýyrýar. Şu ýagdaýda bikanun buýrugy ýa-da görkezmäni ýerine ýetirmek üçin edilen etmiş üçin jogapkärçiligi şeýle buýrugy ýa-da görkezmäni beren adam  çekýär.

(3) Görnetin jenaýatçylykly buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmek jenaýat jogapkärçiligine eltýär, ýöne jeza çäresini ýeňilleşdirýän ýagdaý diýlip ykrar edilip bilner.

(4) Görnetin bikanun ýa-da jenaýatçylykly buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmezlik jenaýat jogapkärçiligini aradan aýyrýar.

 

III BÖLÜM. JEZA

 

8 BAP. JEZA DIÝEN DÜŞÜNJE, ONUŇ MAKSATLARY WE GÖRNÜŞLERI

 

43-nji madda. Jeza diýen düşünje we onuň maksatlary

 

(1) Jeza edilen jenaýat üçin berilýän jeza temmisidir. Döwletiň mejbur ediş çäresi hökmünde, kazyýetiň hökümi bilen bellenilýän jeza, jenaýat etmekde günäli diýlip ykrar edilen adama ulanylýar we jenaýat kanunynda göz öňünde tutulyşy ýaly, ony hukuklaryndan we azatlyklardan mahrum etmekden ýa-da çäklendirmekden ybarat bolup durýar.

(2) Jeza durmuş adalatlylygyny dikeltmek, şeýle hem iş kesilen adamy düzetmek, täze jenaýatlaryň edilmeginiň öňüni almak maksatlary bilen ulanylýar.

 

44-nji madda. Jezanyň görnüşleri

 

(1) Jezanyň görnüşleri şular hasaplanýar:

a) ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek;

b) jerime;

ç) belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek;

d) döwlet  sylaglaryndan, harby we beýleki atlardan mahrum etmek;

e) düzediş işleri;

ä) belli bir  ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek;

f) emlägini muzdsuz almak;

g) azatlygy çäklendirmek;

h) azatlykdan mahrum etmek.

(2) Harby gullukçylara harby gulluk boýunça çäklendirmeler we harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki jeza çäresi ulanylyp bilner.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

45-nji madda. Esasy we goşmaça jezalar

 

(1) Düzediş işleri, harby gulluk boýunça çäklendirme, harby-düzediş bölüminde saklamak, azatlykdan mahrum etmek diňe esasy jezalar hökmünde ulanylýar.

(2) Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek, jerime salmak, belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek, azatlygy çäklendirmek esasy, şeýle hem goşmaça jezalar hökmünde ulanylýar.

(3) Döwlet sylaglaryndan, harby we ýörite atlardan, beýleki atlardan mahrum etmek, emlägini muzdsuz almak diňe goşmaça jeza hökmünde ulanylýar.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., №4, 77-nji madda)

 

46-njy madda. Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek

 

(1) Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek, munuň özi ýetirilen zyýany hakykatdan-da aradan aýyrmakdan, maddy we ahlak taýdan zyýanyň öwezini dolmakdan we jebir çekenden jemagat öňünde ötünç soramakdan ybaratdyr.

(2) Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek görnüşinde jeza, haçanda kazyýet ýetirilen zyýanyň möçberini, ony düzetmegiň hakyky mümkinçiliginiň bardygyny we günäkäriň şahsyýeti baradaky maglumatlary hasaba almak bilen iş kesilýäniň ýetirilen zyýany düzetmäge ukyplydygyny ykrar edýän halatynda bellenilip bilner.

(3) Eger iş kesilen adam ýetirilen zyýany düzetmek borjuny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan bolsa, onda kazyýet şol jezany jerime salmak ýa-da şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň haýsy maddasy bilen iş kesilen bolsa, şonda bellenilen çäklerde düzediş işleri bilen çalşyryp biler. Eger jezanyň görkezilen görnüşleri maddanyň sanksiýasynda göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda olar şu Kodeksiň 47 we 50 maddalarynda kesgitlenilen iň pes möçberde bellenilýär.

 

47-nji madda. Jerime

 

(1) Jerime şu Kodeks bilen göz öňünde tutulan çäklerde salynýan, jeza bellenilýän pursadyna çenli Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň belli bir sanyna laýyk gelýän möçberinde pul töletmekdir.

(2) Jerime zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberinde bellenilýär.

(3) Jerimäniň möçberi edilen jenaýatyň agyrlygyna baglylykda, iş kesileniň emläk ýagdaýy nazara alnyp, kazyýet tarapyndan bellenilýär.

(4) Jerime goşmaça jeza hökmünde, eger ol degişli jenaýat üçin gös-göni jogapkärçiligi kesgitleýän kadada diňe goşmaça jeza hökmünde göz öňünde tutulan bolsa, diňe şeýle halatlarda bellenilip bilner.

(5) Eger kazyýet tarapyndan esasy jeza çäresi hökmünde bellenilen jerimäni tölemekden bilkastlaýyn boýun gaçyrylan halatynda, jerime kazyýet tarapyndan şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda ýa-da onuň degişli böleginde görkezilen jezanyň görnüşleri bilen çalşyrylyp bilner.

(6) Jerime özbaşdak girdejisi bolmadyk adamlara, şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara jeza hökmünde ulanylmaýar.

(2010-njy ýylyň 26-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4, 72-nji madda)

 

48-nji madda. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek

 

(1) Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, munuň özi döwlet gullugynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň islendik görnüşlerindäki kärhanalarda ýa-da jemgyýetçilik birleşmelerinde belli bir wezipede işlemegi ýa-da belli bir professional ýa-da başga iş bilen meşgullanmagy gadagan etmekden ybaratdyr.

(2) Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek esasy jeza hökmünde bir ýyldan bäş ýyla çenli möhlete, goşmaça jeza hökmünde bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete bellenilýär.

(3) Belli bir wezipede işlemek ýa-da  belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, eger günäkäriň eden jenaýatynyň häsiýeti boýunça we şahsyýeti hakyndaky maglumatlary hasaba almak bilen, onuň belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir professional ýa-da başga bir iş bilen meşgullanmak hukugyny onda galdyrmagy kazyýet mümkin däl diýip hasap eden ýagdaýynda, ol degişli jenaýat üçin jezanyň görnüşi hökmünde görkezilmedik halatlarynda-da goşmaça jeza hökmünde bellenilip bilner.

(4) Bu jeza jerimä we düzediş işlerine goşmaça jeza hökmünde bellenilende, şeýle hem şertleýin iş kesilende, onuň möhleti hökümiň kanuny güýje giren pursadyndan hasaplanylyp başlanýar. Bu jeza azatlykdan mahrum etmäge ýa-da harby-düzediş bölümine ibermäge goşmaça jeza hökmünde bellenilende, onuň möhleti esasy jezanyň dolan pursadyndan başlap hasaplanylýar.

 

49-njy madda. Döwlet sylaglaryndan, harby ýa-da beýleki atlardan mahrum etmek

 

(1) Agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat edenligi üçin iş kesilen halatynda, harby ýa-da beýleki ady bar bolan adam kazyýetiň hökümi boýunça şol atdan mahrum edilip bilner.

(2) Türkmenistanyň ordeni, medaly bilen sylaglanan ýa-da Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan dakylan hormatly ady ýa-da harby ady ýa-da başga bir ady bolan adama agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat üçin iş kesilen mahalynda, kazyýet höküm çykaranynda, günäkäriň şahsyýeti hakyndaky maglumatlary hasaba almak bilen iş kesilen adamy ordenden, medaldan, hormatly atdan, harby atdan ýa-da başga atdan mahrum etmek barada Türkmenistanyň Prezidentine teklip bermegiň maksada laýyklygy hakynda meseläni çözýär.

 

50-nji madda. Düzediş işleri

 

(1) Düzediş işleri iki aýdan iki ýyla çenli möhlet bilen bellenilýär we kazyýetiň hökümine laýyklykda, bu düzediş işleri iş kesilen adamyň işleýän ýerinde ýa-da iş kesilen adamyň ýaşaýan çägindäki beýleki ýerlerde geçirilýär. Düzediş işlerine höküm edilen adamyň gazanjyndan kazyýetiň höküminde bellenilen möçberde, gazanjyň bäş göteriminden ýigrimi göterimine çenli bolan möçberde döwletiň haýryna pul tutulyp alnyp galynýar.

(2) Düzediş işleri zähmet çekmäge ukypsyzlara, on alty ýaşyna ýetmedik adamlara, göwreli aýallara we çaga seretmek boýunça rugsatda bolýan aýallara, pensiýa ýaşyna ýeten adamlara, şeýle hem harby gullukçylara, okuwçylara we ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna ulanylmaýar.

(3) Düzediş işlerinde bolmakdan zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrýan mahalynda, jezany ýerine ýetirýän edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça kazyýet tarapyndan, düzediş işleriniň gutarmadyk möhletini azatlykdan mahrum etmegiň bir gününi düzediş işleriniň üç gününe hasaplamak bilen, azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza bilen çalşyrylyp biler.

(2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 55-nji madda)

 

51-nji madda. Harby gulluk boýunça çäklendirme

 

(1) Ofiserler düzüminden bolan harby gullukçylara, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara iş kesilende şu Kodeks bilen göz öňünde tutulan halatlarda iki aýdan iki ýyla çenli möhlet bilen harby gulluk boýunça çäklendirme ulanylýar, şonuň ýaly-da kazyýet işiň ýagdaýyny we iş kesilen adamyň şahsyýetini nazara alyp, iki ýyldan ýokary bolmadyk möhlete azatlykdan mahrum etmegiň deregine hut şol möhlete harby gulluk boýunça çäklendirme ulanmagy maksada laýyk diýip hasaplan ýagdaýynda ulanylýar.

(2) Harby gulluk boýunça çäklendirmä iş kesilen adamyň pul girdejisinden kazyýetiň hökümi bilen bellenilen möçberde, bäş göteriminden ýigrimi göterimine çenli möçberde pul tutulyp, döwletiň girdejisine geçirilýär. Iş kesilen adam harby gulluk boýunça çäklendirme jezasyny çekýän döwründe onuň wezipesi, harby ady ýokarlandyrylyp bilinmez, jeza möhleti bolsa oňa nobatdaky harby ady dakmak üçin we köp wagt gulluk edeni üçin pensiýa bellemäge gulluk ediş möhleti hökmünde hasap edilmeýär.

 

511-nji madda. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek

 

(1) Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek iş kesileni belli bir ýerde hökmany ýerleşdirmek bilen, ony ýaşaýan ýerinden  daşlaşdyrmakdan ybaratdyr.

(2) Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek esasy jezasy hökmünde bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete we goşmaça jeza hökmünde  iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete bellenilýär.

(3) Jenaýat edilýänçä on sekiz ýaşy dolmadyk adamlar barasynda, şeýle hem birinji we ikinji topardaky maýyplar, pensiýa ýaşyna ýeten adamlar, göwreli aýallar we sekiz ýaşyna çenli çagalary bolan aýallar barasynda belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ulanylmaýar.

(4) Belli bir ýerde ýaşamak borjy ýüklenen jezany çekmekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyran we şu maksatlar bilen hökmany ýaşamaly ýerinden giden halatynda jezany ýerine ýetirýän edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça kazyýet öz kesgitlemesi bilen şeýle adamy azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezany çekmek üçin düzediş edarasyna ibermäge hukuklydyr. Şunda hökmany ýaşamaly ýerlerde bolnan wagt belli bir ýerde hökmany ýaşalan bir güni azatlykdan mahrum etmegiň bir gününe deň diýlip hasaba alynýar. Jezany çekmekden boýun gaçyrmak maksady bilen, hökmany ýaşamaly ýerini taşlap gidilen wagt belli bir ýerde hökmany ýaşamaly möhletiň hasabyna alynmaýar.

(5) Eger iş kesilip, belli bir ýerde ýaşamak borjy ýüklenilen adam jenaýat etse, kazyýet oňa şu Kodeksiň 64 maddasynyň kadalary boýunça jeza belleýär.

 

52-nji madda. Emlägi muzdsuz almak

 

(1) Emlägi muzdsuz almak iş kesilen adamyň şahsy eýeçiliginde durýan, kanun tarapyndan gadagan usul bilen edinilen emlägi döwlet eýeçiligine mejbury suratda mugt almakdan ybaratdyr.

(2) Emlägi muzdsuz almak betnebislik maksatlary bilen amala aşyrylan ortaça agyr, agyr we aýratyn agyr jenaýatlar üçin kesgitlenilýär we ol diňe jenaýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bellenilip bilner.

(3) Iş kesilen adam üçin ýa-da onuň eklenjindäki adamlar üçin zerur bolan zatlar, şu Kodekse goşulýan Goşundyda berilýän sanawa laýyklykda muzdsuz alynmaga degişli däldir.

 

521 madda. Azatlygy çäklendirmek

 

(1) Azatlygy çäklendirmek, munuň özi kazyýet tarapyndan kesgitlenen iş kesileniň azatlygyny çäklendirýän borçlary oňa ýüklemekden ybaratdyr we ol bir ýyldan bäş ýyla çenli möhlete iş kesileni jemgyýetden üzňelikde saklamazdan onuň ýaşaýan ýeri boýunça jezany ýerine ýetirýän edaranyň gözegçiliginde çekilýär. Gaýry jezalar azatlygy çäklendirmek bilen çalşyrylan halatynda ol bir ýyldan az möhlete bellenilip bilner.

Azatlygy çäklendirmek görnüşinde jeza bellemek bilen kazyýet iş kesilene jezany ýerine ýetirýän edara habar bermezden hemişelik ýaşaýan, işleýän we okaýan ýerini üýtgetmezlik, kesgitlenilen ýerlere barmazlyk, okuwdan we işden boş wagtlary hemişelik ýaşaýan ýerini taşlap gitmezlik, jezany ýerine ýetirýän edaradan rugsatsyz başga ýerlere gitmezlik barada borçlary ýerine ýetirmegi ýükleýär. Kazyýet azatlygyny çäklendirmäge iş kesilene onuň düzelmegine ýardam edýän: arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan, jynsy ýollar bilen geçýän kesellerden bejergi almak, maşgalasyny maddy taýdan goldamak we başga borçlary ýerine ýetirmegi hem ýükläp biler.

(2) Azatlygyny çäklendirmäge iş kesilen adam tarapyndan jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrylan halatynda kazyýet azatlygy çäklendirmegiň çekilmedik möhletini şol möhlete azatlykdan mahrum etmek bilen çalşyryp biler. Şunda jeza azatlykdan mahrum etmegiň bir gününi azatlygy çäklendirmegiň bir güni hasabyndan ugur alnyp bellenýär.

(3) Azatlygy çäklendirmek jeza çäresi hökmünde agyr we aýratyn agyr jenaýat edendigi üçin iş kesilenlik aýyby bolan adamlara, harby gullukçylara, şeýle hem hemişelik ýaşaýan ýeri bolmadyk adamlara ulanylyp bilinmez.

(4) Azatlygy çäklendirmek görnüşindäki jezanyň çekilýän döwründe kazyýet iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edaranyň teklipnamasy boýunça iş kesilene öň bellenilen borçlary doly ýa-da bölekleýin ýatyryp biler.».

(Kodekse 521 maddany goşmaly 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

53-nji madda. Azatlykdan mahrum etmek

 

(1) Azatlykdan mahrum etmek iş kesileni düzediş edarasynda ýa-da türmä ýerleşdirmek arkaly ony üzňelikde saklamakdan ybaratdyr.

(2) Azatlykdan mahrum etmek alty aýdan on bäş ýyla çenli möhlet bilen bellenilýär. Aýratyn agyr jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmek ýigrimi bäş ýyla çenli möhlet bilen bellenilýär.

(3) Jenaýatlaryň umumy jemi boýunça we hökümleriň umumy jemi boýunça jeza bellenilende azatlykdan mahrum etmegiň möhletleri bölekleýin ýa-da doly goşulan halatynda, azatlykdan mahrum etmegiň ýokary möhleti on bäş ýyldan, aýratyn agyr jenaýatlar üçin ýigrimi bäş ýyldan artyk bolup bilmez.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 29-njy madda)

 

54-nji madda. Harby-düzediş bölüminde saklamak

 

(1) Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan harby jenaýaty eden halatlarynda, olary üç aýdan iki ýyla çenli möhlet bilen harby-düzediş bölüminde saklamak bellenilýär, şeýle hem jenaýatyň häsiýeti we günakäriň şahsyýeti baradaky maglumatlar iki ýyldan ýokary bolmadyk möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany harby-düzediş bölüminde kazyýete çekileni saklamak bilen çalşyrmagyň mümkindigine şaýatlyk edýän halatlarynda olary harby-düzediş bölüminde saklamak bellenilýär.

(2) Azatlykdan mahrum etmäge derek harby-düzediş bölüminde saklanylanda şu bölümde saklamagyň möhleti bir güne bir gün hasabyndan kesgitlenilýär.

 

55-nji madda aýrylan.

 

9 BAP. JEZANYŇ GÖRNÜŞINIŇ WE MÖÇBERINIŇ

 BELLENILMEGI

 

56-njy madda. Jeza bellemegiň umumy esaslary

 

(1) Jenaýat etmekde günäli diýlip kazyýet tarapyndan ykrar edilen adama şu Kodeksiň Umumy böleginiň düzgünlerini hasaba almak bilen, şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasy tarapyndan bellenilen çäklerde kesgitlenilýän jeza bellenilýär.

(2) Edilen jenaýat üçin şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda göz öňünde tutulandakydan jezanyň has berk görnüşi, şu Kodeksiň 63 we 64 maddalaryna laýyklykda, jenaýatlaryň umumy jemi boýunça we  hökümleriň umumy jemi boýunça bellenilip bilner. Edilen jenaýat üçin jenaýat kanunynda göz öňünde tutulandakydan jezanyň has ýeňil görnüşini bellemek üçin esas şu Kodeksiň 59 maddasy tarapyndan kesgitlenilýär.

(3) Jezanyň görnüşi we möçberi bellenilen wagtynda jenaýatyň häsiýeti we agyrlygy, şeýle jenaýat etmegiň maksatlary we äheňleri, netijeleri, jogapkärçiligi ýenilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlary, günäkäriň şahsyýeti, şeýle hem bellenilen jezanyň günäkäriň jezasyny çekeninden soňra durmuşyň adaty şertlerine gaýtadan uýgunlaşmagyna we onuň maşgalasynyň durmuş şertlerine ýetirjek täsiri göz öňünde tutulýar.

(4) Jenaýat eden adama adalatly jeza bellenilmelidir we onuň düzelmegi üçin zerur we ýeterlikli bolmalydyr.

 

57-nji madda. Jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlar

 

(1) Şu aşakdaky ýagdaýlar jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlar diýlip hasap edilýär:

a) uly bolmadyk agyr jenaýatyň ilkinji gezek edilmegi;

b) günäkär kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa;

ç) göwrelilik;

d) günäkäriň köp çagaly maşgalasynyň ýa-da kiçi ýaşly çagalarynyň bolmagy;

d) kyn durmuş ýagdaýlarynyň gabat gelmegi zerarly jenaýatyň edilmegi;

ä) jenaýat haýbat atmagyň, gorkuzmagyň, mejbur etmegiň täsiri astynda ýa-da maddy, gulluk taýdan garaşlylyk ýa-da başga bir garaşlylyk zerarly edilen bolsa, şeýle hem jenaýatçylykly ýa-da bikanun buýrugy ýa-da görkezmäni ýerine ýetiren halatynda edilen bolsa;

f) zorluk ulanmak, erbet masgaralamak sebäpli ýüze çykan güýçli ruhy tolgunmanyň täsiri astynda ýa-da jebir çekeniň başga bikanun hereketleri netijesinde jenaýat edilen bolsa;

g) zerur  goranyşyň kanunylygynyň şertleriniň bozulan ýagdaýynda, jenaýat eden adamy saklanda, ýiti zerurlyk ýüze çykanda, esasly töwekgelçilik ýagdaýynda jenaýat edilmegi;

h) psihiki taýdan syrkawlyk ýagdaýynyň täsiri astynda ýa-da psihiki ösüşinde yza galmagy, akyly düzüwligi aradan aýyrmaýan ýagdaýynda jenaýat edilen bolsa;

i) jebir çekeniň hukuga ters gelýän hereketleri ýa-da ahlaksyzlygy jenaýat edilmegi üçin sebäp bolan bolsa;

j) günä boýun alnyp gelnen halatynda, jenaýatyň üstüniň açylmagyna, jenaýata beýleki gatnaşanlary paş etmäge, jenaýat netijesinde edinilen emlägi gözläp tapmaga işjeň ýardam edilmegi;

ž) jenaýat edilmeginiň gös-göni yz ýanynda jebir çekene lukmançylyk we başga kömekleriň berilmegi, jenaýat zerarly maddy we ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň meýletin dolunmagy ýa-da düzedilmegi, jebir çekene ýetirilen zeleli düzetmek üçin gönükdirilen beýleki hereketler.

(2) Eger şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýagdaý jenaýat kanunynyň edilen jenaýat üçin jogapkärçiligi hakyndaky degişli maddasynda göz öňünde tutulan bolsa, onda şol ýagdaý jezany ýeňilleşdirýän ýagdaý hökmünde gaýtadan göz öňünde tutulyp bilinmez.

(3) Jeza bellenilende şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik ýagdaýlar hem ýeňilleşdirýän ýagdaýlar hökmünde göz öňünde tutulyp bilner.

 

58-nji madda. Jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar

 

(1) Jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar diýlip, şular ykrar edilýär:

a) jenaýatlaryň gaýtadan edilmegi, jenaýatlaryň gaýtalanmagy, pişe görnüşinde jenaýatlaryň edilmegi;

b) edilen jenaýatyň agyr netijelere getirmegi;

ç) iki ýa-da şondan-da köp adam bolup deslapdan dilleşmezden jenaýatyň edilmegi, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň toparynyň, guramaçylykly toparyň ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň düzüminde jenaýatyň edilmegi;

d) jenaýat etmekde aýratyn işjeň gatnaşan bolsa;

e) psihiki taýdan syrkawlyk zerarly bozulmalardan ejir çekýändigi günäkäre görnetin mälim bolan ýa-da serhoş ýagdaýynda bolan adamlary, şeýle hem jenaýat jogapkärçiligine ýaşy ýetmedik adamlary jenaýat etmäge çekmegi;

ä) jenaýatyň syýasy, durmuş taýdan, milli, etniki, teniniň reňki boýunça ýa-da dini ýigrençden ýa-da duşmançylykdan edilmegi;

f) jenaýatyň adamyň kanuny hereketleri üçin ar almak, şeýle hem başga bir jenaýaty ýaşyrmak ýa-da onuň edilmegini aňsatlaşdyrmak maksady bilen edilmegi;

g) göwrelidigi günäkäre görnetin mälim bolan aýal babatynda jenaýat edilen bolsa, şeýle hem ýaş çaga, beýleki  goragsyz ýa-da biçäre ýagdaýda galan adamlar babatynda ýa-da günäkäre garaşly bolan adam babatynda jenaýatyň edilmegi;

h) aýratyn rеhimsizlik bilen, masgaralamak bilen ýa-da jebir çekene ýa-da onuň ýakynlaryna ezýet bermek bilen jenaýatyň edilmegi;

i) ýarag ulanmak arkaly ýa-da fiziki ýa-da psihiki zorluk ulanmak arkaly jenaýatyň edilmegi;

j) adatdan daşary ýagdaýyň şertlerini, tebigy ýa-da başga jemgyýetçilik betbagtçylygyny peýdalanmak arkaly, şeýle hem köpçülikleýin bidüzgünçilikler mahalynda jenaýatyň edilmegi;

ž) gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän adam babatynda jenaýatyň edilmegi;

k) jenaýat umumy howply usul bilen edilen bolsa;

l) jenaýatyň betnebislikli meýiller bilen edilmegi.

(2) Eger şu maddanyň birinji böleginde görkezilen  ýagdaý şu Kodeksiň degişli  maddasy tarapyndan edilen jenaýat üçin jogapkärçiligi hakyndaky degişli maddasynda göz öňünde tutulan bolsa, onda şol ýagdaý jezany agyrlaşdyrýan ýagdaý hökmünde gaýtadan hasaba alnyp bilinmez.

(3) Jeza bellenilende, işiň ýagdaýlaryna baglylykda, şu maddanyň  birinji böleginde sanalyp geçilen ýagdaýlary jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan  ýagdaýlar diýip hasap etmezlige kazyýetiň haky bardyr.

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 144-nji madda)

 

59-njy madda. Edilen jenaýat üçin göz öňünde tutulan jezadan has ýeňilrägini bellemek

 

1) Etmişiň maksatlary we delilleri, günäkäriň gatnaşygy, jenaýat edilen mahaly ýa-da jenaýat edilip gutarylandan soňra, onuň özüni alyp barşy we etmişiň jemgyýetçilik howpunyň derejesini ep-esli peseldýän beýleki ýagdaýlar, şeýle hem toparlaýyn jenaýatçylyk gatnaşyjynyň topar bolup edilen jenaýatyň  üstüni açmaga işjeň ýardam bermegi bilen baglanyşykly aýratyn ýagdaýlar bolan mahalynda:

a) günäkäre jenaýat kanunynyň degişli maddasynda göz öňünde tutulan aşak çäkden-de pes bolan jeza bellenilip bilner ýa-da kazyýet şol maddada göz öňünde tutulandakydan jezanyň has ýeňil görnüşini belläp biler;

b) kazyýet hökmany jeza hökmünde göz öňünde tutulan goşmaça jezany ulanman biler.

(2) Käbir ýeňilleşdirýän ýagdaýlar, şeýle hem şu Kodeksiň 57 maddasynda görkezilen ýagdaýlar tutuşlygyna aýratyn ýagdaýlar hökmünde ykrar edilip bilner.

 

60-njy madda. Gutarylmadyk jenaýat üçin jezanyň bellenilmegi

 

(1) Gutarylmadyk jenaýat üçin jeza bellenilende, haýsy sebäplere görä jenaýatyň soňuna çenli alnyp barylmandygynyň ýagdaýlary göz öňünde tutulýar.

(2) Jenaýata taýýarlyk üçin jeza jenaýat kanunynyň degişli maddasynda gutarylan jenaýat üçin göz öňünde tutulýan jezanyň has berk görnüşiniň möçberiniň ýarsyndan köp bolup bilmez.

(3) Jenaýat kastyna düşülendigi üçin jeza jenaýat kanunynyň degişli maddasynda gutarylan jenaýat üçin göz öňünde tutulýan jezanyň has berk görnüşiniň möçberiniň dörtden üç böleginden köp bolup bilmez.

 

61-nji madda. Bilelikde edilen jenaýat üçin jezanyň bellenilmegi

 

(1) Bilelikde amala aşyrylan jenaýat üçin jeza bellenilende, adamyň ony amala aşyrmaga gatnaşygynyň häsiýeti we hakykatda onuň näderejede gatnaşandygy, jenaýatyň maksadyna ýetmek üçin şol gatnaşygynyň ähmiýeti, ýetirilen ýa-da ýetirilip bilinjek zyýanyň häsiýetine we möçberine onuň täsiri göz öňünde tutulýar.

(2) Şärikleriň biriniň etmişi we şahsyýeti bilen baglanyşykly ýeňilleşdirýän ýa-da agyrlaşdyrýan ýagdaýlar diňe şol gatnaşyja jeza bellenilende göz öňünde tutulýar.

 

62-nji madda. Residiw halatynda jezanyň bellenilmegi

 

(1) Residiw halatynda, howply residiw we aýratyn howply residiw halatynda jeza bellenilende ozalky jezanyň, düzediş täsiriniň ýeterlik bolmandygyna görä, amala aşyrylan jenaýatlaryň sany, häsiýeti, agyrlygy we netijeleri, ýagdaýlar, şeýle hem täze jenaýatlaryň häsiýeti, agyrlygy we netijeleri göz öňünde tutulýar.

(2) Residiwde jeza amala aşyrylan jenaýat üçin jenaýat kanuny tarapyndan göz öňünde tutulan jezanyň degişli görnüşiniň iň ýokary möçberiniň ýarysyndan pes bolmaly däldir; howply residiwde jeza amala aşyrylan jenaýat üçin göz öňünde tutulýan has berk jezanyň ýokary möçberiniň üçden iki böleginden pes bolmaly däldir, aýratyn howply residiwde jeza amala aşyrylan jenaýat üçin göz öňünde tutulýan has berk jezanyň ýokary möçberiniň dörtden üç böleginden pes bolmaly däldir.

(3) Şu Kodeksiň 59 maddasynda göz öňünde tutulan aýratyn ýagdaýlar bar bolan halatynda, residiw mahalynda, howply residiwde we aýratyn howply residiwde jeza şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan çäklendirmeleri hasaba almazdan bellenilýär.

 

63-nji madda. Jenaýatlaryň umumy jemi  boýunça jezanyň bellenilmegi

 

(1) Jenaýatlaryň umumy jeminde her bir jenaýat üçin aýratynlykda jeza bellenilýär.

(2) Eger jenaýatlaryň umumy jemine uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat goşulýan bolsa, onda onçakly berk bolmadyk jezany has berk jeza bilen gurşap almagy ýa-da jezalaryň bölekleýin ýa-da dolulygyna goşulmagy arkaly gutarnykly jeza bellenilýär. Şeýle halatlarda jezalar goşulanda gutarnykly jeza amala aşyrylan jenaýatlaryň iň agyry üçin göz öňünde tutulýan iň ýokary jezadan ýokary bolup bilmez.

(3) Eger amala aşyrylan jenaýatlaryň umumy jemine agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat goşulýan bolsa, onda jezalary bölekleýin ýa-da dolulygyna goşmak arkaly gutarnykly jeza bellenýär. Şeýle edilende azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki gutarnykly jeza amala aşyrylan jenaýatlaryň iň agyry üçin göz öňünde tutulan iň ýokary jezadan ýokary bolup bilmez.

(4) Esasy jezanyň üstüne goşmaça jezalar goşulyp bilner. Gutarnykly goşmaça jeza bölekleýin ýa-da dolulygyna goşulan mahalynda şu Kodeksiň Umumy bölegi tarapyndan jezanyň şol görnüşi üçin bellenilen iň ýokary möhletden ýa-da möçberden ýokary bolup bilmez.

(5) Eger iş boýunça höküm çykarylandan soň iş kesilen adamyň birinji iş boýunça höküm çykarylmazyndan öň başga jenaýat etmekde hem gunäkärdigi takyklanylsa, onda jeza bermek edil şol düzgünler boýunça bellenilýär. Şu halatda birinji höküm boýunça çekilen jeza möhleti berlen jezanyň gutarnykly möhletine hasap edilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2 ,77-nji madda)

 

64-nji madda. Hökümleriň umumy jemi boýunça jezanyň bellenilmegi

 

(1) Hökümleriň umumy jemi boýunça jeza bellenilende, soňky höküm boýunça bellenilen jezanyň üstüne öňki höküm boýunça jezanyň çekilip gutarylmadyk bölegi doly ýa-da kem-käsleýin suratda goşulýar.

(2) Hökümleriň umumy jemi boýunça gutarnykly jeza, eger ol harby-düzediş bölümine ibermekden ýa-da azatlykdan mahrum etmekden pes bolan halatynda, şu Kodeksiň Umumy bölegi tarapyndan jezanyň şu görnüşleri üçin bellenilen ýokary möhletinden ýa-da möçberinden ýokary bolmaly däldir.

(3) Hökümleriň umumy jemi boýunça azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki gutarnykly jeza, soňky höküm boýunça jenaýat üçin jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jezanyň iň ýokary möhletinden artyk bolup biler, ýöne on bäş ýyldan, hökümler boýunça jenaýatlara aýratyn agyr jenaýat girýän bolsa, ýigrimi bäş ýyldan köp bolmaly däldir.

(4) Hökümleriň umumy jemi boýunça gutarnykly jeza täze amala aşyrylan jenaýat üçin bellenilen jezadan, şeýle hem öňki höküm boýunça jezanyň çekilip gutarylmadyk böleginden köp bolmalydyr.

(5) Hökümleriň umumy jemi boýunça jeza bellenilen mahalynda onuň üstüne goşmaça jezalary goşmak şu Kodeksiň 63 maddasynyň dördünji bölegi tarapyndan göz öňünde tutulan düzgünler boýunça geçirilýär.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 29-njy madda)

 

65-nji madda. Jezalar goşulan mahalynda şolaryň möhletlerini kesgitlemegiň tertibi

 

(1) Jenaýatlaryň umumy jemi boýunça we hökümleriň umumy jemi boýunça jezalar goşulan mahalynda azatlykdan mahrum etmegiň bir gününe şu aşakdakylar laýyk gelýär:

a) harby-düzediş bölüminde bir gün saklanylmagy;

b) belli bir ýerde ýaşamak borjy ýüklenilmegiň bir güni;

ç) düzediş işleriniň ýa-da harby gulluk boýunça çäklendirmeleriň üç güni.

(2) Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek, jerime salmak, emlägini muzdsuz almak, döwlet sylaglaryndan, harby ýa-da beýleki atlardan mahrum etmek, şeýle hem belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jeza azatlykdan mahrum etmek, harby-düzediş bölüminde saklamak, harby gulluk boýunça çäklendirmeler ýa-da düzediş işleri bilen goşulanda olar özbaşdak ýerine ýetirilýär.

 

66-njy madda. Jeza möhletleriniň hasaplanmagy we jezalaryň hasaba alynmagy

 

(1) Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, düzediş işleri, harby gullugy boýunça çäklendirmeler, harby-düzediş bölüminde saklamak, belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek, azatlykdan mahrum etmek möhletleri aýlarda we ýyllarda hasaplanylýar.

(2) Şu maddanyn birinji böleginde görkezilen jezalar çalşyrylanda ýa-da goşulanda, şeýle hem jeza hasaba alnanda möhletler gün hasaby bilen hasaplanyp bilner.

(3) Anyklaýyş, deslapky derňew we kazyýet işine garalýan döwürde tussaglykda saklanylmagyň her güni azatlykdan mahrum edilmeginiň iki gününiň ýa-da tussaglykda saklanmagyň bir güni belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemegiň iki gününiň ýa-da tussaglykda saklamagyň bir güni harby-düzediş bölüminde saklamagyň iki gününiň hasabyna jeza möhleti hasap edilýär.

(4) Daşary ýurtda amala aşyrylan jenaýat üçin kazyýetiň hökümi bilen bellenilen hökümiň kanuny güýje girmegine çenli tussaglykda saklanylmagy we azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza möhletini doldurýan wagty her güni bir güne hasap edilýär.

(5) Tussaglykda saklanylýan iş kesilene jerime, belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jeza çärelerini bellän mahalynda, tussaglykda saklanylan möhleti nazara alyp, kazyýet bellenilen jezany ýeňilleşdirýär ýa-da ol jezany çekmekden boşadýar.

(6) Düzediş işlerine iş kesilen adamyň tussaglykda saklanylýan wagty kazyýetiň hökümi bilen bellenilen jeza möhletine tussaglykda bolýan bir güni düzediş  işleriniň üç gününe barabar hasaplanylýar.

 

67-nji madda. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenlere düzediş edarasynyň görnüşiniň bellenilmegi

 

(1) Bilkastlaýyn jenaýat üçin iş kesilenlere jeza çekmek möhletini doldurmak azatlykdan mahrum etmek görnüşinde şu aşakdaky ýaly bellenilýär:

a) bilkastlaýyn edilen uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýatlar üçin ilkinji gezek azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen erkek adamlar, jenaýaty amala aşyranyndan soň kämillik ýaşyna ýeten we azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen erkek adamlar, şeýle-de ilkinji gezek bilkastlaýyn edilen jenaýatlar üçin, ýa-da residiw, ýa-da howply residiw halatynda edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen aýallar umumy düzgünli düzediş edaralarynda;

b) bilkastlaýyn edilen agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlar üçin ilkinji gezek azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen, ýa-da residiw, ýa-da howply residiw halatynda edilen jenaýatlar üçin iş kesilip, ozal bilkastlaýyn eden jenaýaty üçin azatlykdan mahrum edilmek görnüşindäki jezany çeken erkek adamlar, şeýle-de aýratyn howply residiw halatynda edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen aýallar berk düzgünli düzediş edaralarynda;

ç) jenaýatlaryň aýratyn howply residiwinde edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen erkek adamlar aýratyn düzgünli düzediş edaralarynda.

(2) On sekiz ýaşyna ýeten, aýratyn agyr jenaýat üçin sekiz ýyldan ýokary möhlete iş kesilen adamlara, şeýle hem aýratyn howply residiw halatynda bellenilen jeza möhletiniň belli bir bölegini, ýöne bäş ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen türmede tussaglykda saklamak bellenilip bilner.

(3) Azatlykdan mahrum edilmäge iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedikler jeza möhletini terbiýeleýiş edaralarynda doldurýarlar.

(4) Seresapsyzlyk sebäpli jenaýat edip, iş kesilen adamlara azatlykdan mahrum edilmek görnüşindäki jeza möhletini doldurmak düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde bellenilýär.

(5) Höküm bilen bellenilen düzediş edarasynyň görnüşini üýtgetmek Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tarapyndan geçirilýär.

(2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky we 2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 55-nji madda; 2017 ý., № 1, 29-njy madda)

 

68-nji madda. Şertleýin iş kesmek

 

(1) Eger kazyýet jezany azatlykdan mahrum etmek ýa-da harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşinde belläp, iş kesileni jeza möhletini doldurmazdan düzetmegiň mümkindigi hakyndaky netijä gelse, onda ol bellenilen jezany şertleýin hasaplamak hakynda karar çykarýar.

(2) Şertleýin iş kesilen halatynda kazyýet amala aşyrylan jenaýatyň häsiýetini, agyrlygyny we getiren netijelerini, ýagdaýlary ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan, günäkäriň şahsyýeti baradaky maglumatlary nazara alýar. Aýratyn agyr jenaýat eden adamlara şertleýin iş kesmek ulanylmaýar.

(3) Şertleýin iş kesilene kazyýet synag möhletini belleýär, şol möhletiň dowamynda iş kesilen adam özüni alyp barşy bilen özüniň düzelendigini subut etmelidir. Harby-düzediş bölüminde saklamaga ýa-da bir ýyl möhlete çenli azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen halatynda, synag möhleti alty aýdan az we üç ýyldan ýokary bolmaly däldir, bir ýyldan ýokary möhlete azatlykdan mahrum  etmäge iş kesilen halatynda bolsa, dokuz aýdan az we bäş ýyldan  ýokary bolmaly däldir.

(4) Şertleýin iş kesilen mahalynda goşmaça jezalar bellenilip bilner.

(5) Kazyýet şertleýin iş kesmegi belläp, käbir borçlary ýerine ýetirmegi iş kesileniň üstüne ýükläp biler, ýagny, ýetirilen zyýany düzetmek, işe ýa-da okuwa girmek, şertleýin iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edarasyndan rugsatsyz hemişelik ýaşaýan ýerini üýtgetmezlik, käbir ýerlere  barmazlyk, belli bir wagtdan soň öz ýaşaýan ýerinde bolmak, arakhorlykdan, neşekeşlikden, toksikomaniýadan ýa-da weneriki keselden bejermegi geçmek, maşgalany maddy taýdan goldamagy amala aşyrmak. Kazyýet şertleýin iş kesileniň üstüne onuň düzelmegine ýardam berip biljek başga borçlary ýerine ýetirmegi hem ýükläp biler.

(6) Şertleýin iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçilik içeri işler edarasy tarapyndan amala aşyrylýar, harby gullukçylar babatynda bolsa, harby bölümleriň we edaralaryň ýolbaşçylygy tarapyndan amala aşyrylýar.

(7) Synag möhletiniň dowamynda kazyýet şertleýin iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edaranyň ýazyp bermegi boýunça adam üçin ozal bellenilen borçnamalary doly ýa-da kem-käsleýin ýatyryp biler ýa-da şolaryň üstüne goşup biler.

 

69-njy madda. Şertleýin iş kesilmegi ýatyrmak ýa-da synag möhletini uzaltmak

 

(1) Eger şertleýin iş kesilen adam synag möhletiniň gutarmagyna çenli özüni alyp barşy bilen düzelendigini subut etse, kazyýet şertleýin iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça şertleýin iş kesmegi ýatyrmak hakynda we iş kesilen adamdan iş kesilenlik aýbyny aýyrmak hakynda karar kabul edip biler.

(2) Eger-de şertleýin iş kesilen adam öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine  ýetirmekden boýun gaçyrýan bolsa ýa-da jemgyýetçilik tertibini bozsa, şonuň üçin oňa administratiw temmi berlen bolsa, kazyýet şu maddanyň birinji böleginde görkezilen we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça synag möhletini uzaldyp biler, ýöne ol uzaldyş bir ýyldan ýokary bolmaly däldir.

(3) Synag möhletiniň dowamynda iş kesilen adam kazyýet tarapyndan öz üstüne ýüklenen borçlary yzygiderli ýa-da bilkastlaýyn ýerine ýetirmändigi üçin kazyýet şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça şertleýin iş kesmegi ýatyrmak we höküm boýunça bellenilen jezany ýerine ýetirmek barada karara gelýär.

(4) Synag möhletiniň dowamynda şertleýin iş kesilen adam tarapyndan täze, seresapsyzlyk sebäpli jenaýat edilen bolsa, şertleýin iş kesilmegini ýatyrmak ýa-da saklamak hakyndaky mesele kazyýet tarapyndan çözülýär.

(5) Synag möhletiniň dowamynda şertleýin iş kesilen adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilen halatynda, kazyýet oňa şu Kodeksiň 64 maddasynda göz öňünde tutulan kadalar boýunça jeza belleýär. Eger-de kazyýet şertleýin iş kesmegi ýatyrýan bolsa, seresapsyzlyk sebäpli täze jenaýat edilen halatynda, şol düzgünler boýunça hem jeza bellenilýär.

 

691-njy madda aýrylan.

 

IV BÖLÜM. JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINDEN WE

JEZADAN BOŞADYLMAGY

 

10 BAP. JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINDEN BOŞADYLMAGY

 

70-nji madda. Jenaýatdan meýletin boýun gaçyrmagy bilen baglanyşyklylykda jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy

 

(1) Eger adam gutarylmadyk jenaýatyny ahyryna ýetirmekden meýletin we gutarnykly ýüz öwürse, gutarmadyk jenaýaty üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(2) Gutarylmadyk jenaýaty ahyryna ýetirmekden meýletin ýüz öwren adam, eger onuň hakyky amal eden hereketi başga jenaýaty düzýän hereketlerden ybarat bolanda, diňe şeýle halatda, jenaýat jogapkärçiligine degişlidir.

(3) Jenaýaty guraýjynyň we meçew berijiniň meýletin ýüz öwürmegi, eger bu adamlar häkimiýet edaralaryna öz wagtynda habar bermek ýa-da öz wagtynda gören başga hili çäreleri arkaly jenaýaty ýerine ýetiriji tarapyndan ahyryna ýetirmegiň öňüni alan bolsalar, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy üçiň esas bolýar. Ýaran, eger onuň özüni soňraky alyp barşy jenaýatyň amala aşyrylmagynyň öňüniň alynmagy üçin özüne bagly bolan ähli çäreleri görendigine şaýatlyk etse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(4) Eger guraýjynyň ýa-da meçew berijiniň şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen hereketleri jenaýatyň amala aşyrylmagynyň öňüniň alynmagyna getirip bilmedik bolsa, onda olar jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmaýarlar, ýöne olaryň gören çäreleri jeza bellenilende ýeňilleşdirýän ýagdaý hökmünde ykrar edilip bilner.

 

71-nji madda. Çynlakaý ökünmegi  mynasybetli jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy

 

(1) Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty ilkinji gezek amala aşyran adam, eger jenaýat edenden soň ökünip, günäsini boýun alyp, meýletin gelip, jenaýatyň açylmagyna işjeň ýardam etse, ýetirilen zyýanyň öwezini dolsa ýa-da başga tär bilen jenaýatyň ýetiren zyýanyny düzetse, şeýle hem jebir çekeniň şikaýaty ýok bolsa, onuň şahsyýeti nazara alnyp, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.

(2) Şu maddanyň birinji böleginiň düzgünleri terrorçylyk, ekstremizm bilen baglanyşykly jenaýatlara, guramaçylykly toparyň ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň düzüminde edilen jenaýatlara, kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda jyns gatnaşyklary çygrynda edilen jenaýatlara, ilatyň saglygynyň garşysyna edilen jenaýatlara degişli däldir, ýöne şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddalarynda ýörite göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa girmeýär. Görkezilen çäklendirme jyns gatnaşyklary çygrynda jenaýat eden kämillik ýaşyna ýetmediklere degişli däldir.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № ___,___-nji madda)

 

72-nji madda. Jebir çeken bilen ýaraşmagy mynasybetli jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy

 

Şu Kodeksiň 111, 115 maddalarynda we 132 maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan jenaýatlary ilkinji gezek amala aşyran adam, eger ol jebir çeken bilen ýaraşsa we jebir çekene ýetiren zyýanyny düzetse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

73-nji madda. Ýagdaýyň üýtgemegine görä jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy

 

Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty ilkinji gezek amala aşyran adam, eger ýagdaýyň üýtgemegi netijesinde ol adam ýa-da onuň eden etmişi jemgyýetçilik howply bolmagyny bes eden bolsa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.

 

74-nji madda. Wagt möhletiniň dolmagy sebäpli jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy

 

(1) Eger jenaýatyň amala aşyrylan gününden başlap, şu aşakdaky möhletler geçen bolsa, adam jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar:

a) uly bolmadyk agyr jenaýat amala  aşyrylanyndan soň – iki ýyl;

b) ortaça agyr jenaýat amala aşyrylanyndan soň – sekiz ýyl;

ç) agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat amala aşyrylanyndan  soň – on bäş ýyl.

(2) Jenaýatyň amala aşyrylan gününden başlap we hökümiň kanuny güýjüne giren pursatyna çenli bolan aralyk wagt möhleti hasaplanylýar. Şol adam täze jenaýaty amala aşyran halatynda wagt möhleti her jenaýat boýunça aýratynlykda geçýär.

(3) Eger adam derňewden ýa-da kazyýetden boýun gaçyrýan bolsa, wagt möhletiniň dowamy togtadylýar. Şeýle halatda wagt möhletiniň dowamy adamyň tutulan ýa-da onuň öz günäsini boýun alyp gelen pursatyndan täzeden başlanýar.

(4) Aýratyn agyr jenaýaty amala aşyran adama wagt möhletini ulanmak hakyndaky mesele kazyýet tarapyndan çözülýär.

(5) Parahatçylyga we adamzadyň howpsuzlygyna garşy jenaýaty amala aşyran adamlar babatda wagt möhleti ulanylmaýar.

 

11 BAP. JEZADAN BOŞADYLMAGY

 

75-nji madda. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylmagy

 

(1) Düzediş işlerinde işletmek, harby gulluk boýunça çäklendirmeler, azatlykdan mahrum edilmek görnüşindäki jeza çekmek möhletini doldurýan ýa-da harby-düzediş bölüminde saklanylýan adam, eger onuň düzelmegi üçin kazyýetiň bellän jezasyny çekmegiň möhletiniň doldurylmagy zerur däl diýlip, kazyýet tarapyndan ykrar edilse, jezadan şertleýin möhletinden öň boşadylyp bilner. Şonda ol adam goşmaça jezadan doly ýa-da  bölekleýin boşadylyp bilner.

(2) Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ulanmak bilen, kazyýet şol adama şu Kodeksiň 68 maddasynyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan borçlary ýükläp biler, şol borçlary ol adam jeza çekmek möhletiniň galan böleginiň dowamynda ýerine ýetirmelidir.

(3) Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak iş kesilen adam tarapyndan hakyky jeza çekmek möhletiniň:

a) uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň üçden bir bölegini doldurandan soň;

b) agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň ýarysyndan az bolmadyk bölegini doldurandan soň;

ç) aýratyn agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň, şeýle hem ozal jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylan adama bellenilen jezanyň üçden iki bölegini dolduranyndan soň, eger şertleýin-möhletinden öň boşatmak şu maddanyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça ýatyrylan bolsa, ulanylyp bilner.

(4) Adamyň azatlykdan mahrum edilmek görnüşinde jezasyny çekmegiň hakyky möhleti alty aýdan az bolup bilmez.

(5) Şertleýin möhletinden öň boşatmak jezany ýerine ýetirýän edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça iş kesileniň jezasyny çekýän ýerinde ýerleşýän kazyýet tarapyndan ulanylýar.

(6) Şertleýin-möhletinden öň boşadylan adamyň özüni alyp barşyna gözegçilik içeri işler edaralary, harby gullukçylar babatda bolsa, harby bölümleriň we edaralaryň ýolbaşçylygy tarapyndan amala aşyrylýar.

(7) Eger jezanyň doldurylmadyk möhletiniň dowamynda:

a) iş kesilen adam jemgyýetçilik tertibini bozup, munuň üçin oňa administratiw temmi berleninde ýa-da oňa şertleýin-möhletinden öň boşatmak ulanylanda, kazyýet tarapyndan öz üstüne ýüklenilen borçlary ýerine ýetirmekden bilgeşleýin boýun gaçyrsa, şonda kazyýet şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen edaralaryň bilelikdäki teklipnamasy boýunça şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ýatyrmak we jeza çekmek möhletiniň doldurylman galdyrylan bölegini berjaý etmek hakynda karar kabul edýär;

b) iş kesilen seresapsyzlykdan täze jenaýaty amala aşyrsa, şeýle  ýagdaýda şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ýatyrmak ýa-da saklamak baradaky mesele kazyýet tarapyndan çözülýär;

ç) iş kesilen bilkastlaýyn jenaýat etse, kazyýet oňa şu Kodeksiň 64 maddasynda göz öňünde tutulan tertipde jezany belleýär. Eger kazyýet şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ýatyrsa, seresapsyzlyk zerarly jenaýaty  amala aşyran halatynda, jeza ýene şol düzgünler boýunça bellenilýär.

(8) Şertleýin-möhletinden  öň boşatmak şeýle adama ulanylmaýar:

ozal aýratyn agyr jenaýat edeni üçin iş kesilen we täzeden agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat eden adama;

aýratyn agyr residiw ýagdaýynda jenaýat edene.

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __, ___-nji madda)

 

751–nji madda aýrylan.

 

76-njy madda. Jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak

 

(1) Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça  agyr jenaýat üçin azatlykdan mahrum edilmek görnüşinde jeza möhletini doldurýan adamyň jeza möhletiniň doldurylmadyk galan bölegini jezany ýerine ýetirýän we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça kazyýet tarapyndan onuň jeza çekmek möhletini doldurýan döwründe özüni alyp baryş ýagdaýyny göz öňünde tutmak bilen, jezanyň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyryp biler. Şonda ol adam goşmaça jezadan doly ýa-da bölekleýin boşadylyp bilner.

(2) Jeza möhletiniň doldurylmadyk galan bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak iş kesilen jezanyň hakyky möhletiniň azyndan üçden bir bölegini geçireninden soň ulanylyp bilner.

(3) Jeza möhletiniň doldurylman galan bölegi çalşyrylanda jezanyň degişli görnüşi üçin bellenilen möçberde, şu Kodeksiň 44 maddasynda sanalyp geçilen jezanyň degişli görnüşlerine laýyklykda, kazyýet islendik has ýumşak çäräni saýlap biler.

 

77-nji madda. Agyr kesellilik zerarly jezadan boşatmak

 

(1) Jenaýat edeninden soň öz hereketleriniň hakyky manysyna düşünmek ýa-da şolara erk edip bilmek mümkinçiliginden mahrum eden psihiki taýdan bozulma keseline uçran adam jezadan boşadylýar, jeza möhletini doldurýan adam bolsa, mundan beýläk möhletini doldurmakdan azat edilýär. Şeýle adama kazyýet lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri belläp biler.

(2) Jenaýat edeninden soň, jeza möhletini doldurmaga päsgel berýän  başga  bir agyr kesele sezewar bolan adam kazyýet tarapyndan jeza möhletini doldurmakdan boşadylyp bilner.

(3) Jenaýat edeninden soň zähmet çekmäge bolan ukybyny ýitiren ýa-da pensiýa ýaşyna ýeten adamlar kazyýet tarapyndan düzediş işleri görnüşindäki jezadan boşadylyp bilner.

(4) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen adamlar  sagalan halatynda, eger şu Kodeksiň 74 we 79 maddalarynda göz öňünde tutulan wagt möhleti geçmedik bolsa, jeza berilmegine degişli bolup biler.

 

78-nji madda. Göwreli aýallaryň we kiçi ýaşly çagalary bolan aýallaryň jezasyny çekmegini yza süýşürmek

 

(1) Iş kesilen göwreli aýallara we sekiz ýaşyna çenli çagalary bolan aýallara, şahsyýete garşy agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlar üçin bäş ýyldan ýokary möhlete iş kesilenlerden başgalaryna, kazyýet jeza möhletini doldurmagy çaga sekiz ýaşyna ýetýänçä yza süýşürip biler.

(2) Eger şu  maddanyň birinji böleginde görkezilen aýal iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edara tarapyndan duýduryş berlenden soňra çagadan ýüz öwürse ýa-da çagany terbiýelemekden boýun gaçyrmagyny dowam edýän halatynda, kazyýet şol edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça şol aýalyň jeza möhletini doldurmagynyň yza süýşürilmegini ýatyryp biler we iş kesilen aýaly kazyýetiň hökümine laýyklykda jeza möhletini doldurmak üçin bellenilen ýere iberip biler.

(3) Çaga sekiz ýaşyna ýetensoň, iş kesilen aýaly kazyýet iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça jeza möhletiniň galan bölegini doldurmakdan boşadýar ýa-da jezanyň galan bölegini has ýeňil görnüşi bilen çalşyrýar ýa-da iş kesilen aýaly jeza möhletiniň galan bölegini doldurmak üçin  degişli edara gaýtaryp eltmek hakynda karar kabul edýär.

(4) Eger iş kesilen aýal jezany doldurmak yza süýşürilen döwürde täze jenaýat etse, kazyýet şu Kodeksiň 64 maddasynda göz öňünde tutulan düzgünler boýunça oňa jeza belleýär.

 

79-njy madda. Aýyplaw höküminiň wagt möhletiniň geçmegi sebäpli jeza möhletini doldurmakdan boşatmak

 

(1) Jenaýat edendigi üçin iş kesilen adam eger aýyplaw höküm kanuny güýjüne giren gününden hasaplanylyp, şu aşakdaky möhletlerde ýerine ýetirilmedik bolsa, jeza çekmek möhletini doldurmakdan boşadylýar:

a) uly bolmadyk agyr jenaýat üçin iş kesilende iki ýyl;

b) ortaça agyr jenaýat üçin iş kesilende sekiz ýyl;

ç) agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat üçin iş kesilende on bäş ýyl möhletlerde ýerine ýetirilmedik bolsa.

(2) Eger iş kesilen adam jeza möhletini doldurmakdan boýun gaçyrýan bolsa, müddetiň dowamy wagtlaýyn togtadylýar. Şeýle halatda şol adam tutulan ýa-da onuň öz günäsini boýun alyp gelen pursadyndan wagt möhleti täzeden başlanýar. Günäkär adamyň jeza çekmek möhletini doldurmakdan boýun gaçyran pursadyna çenli geçen wagt möhleti diýlip hasaplanmaga degişlidir.

(3) Parahatçylyga we adamzadyň howpsuzlygyna garşy eden jenaýaty üçin iş kesilen adamlara wagt möhleti ulanylmaýar.

 

12 BAP. GÜNÄ GEÇME, REHIM ETME,

IŞ KESILENLIK AÝBY

 

80-nji madda. Günä geçme we rehim etme

 

(1) Jenaýaty amala aşyran adam günä geçme namasy esasynda jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar. Jenaýat edenligi üçin iş kesilen adam günä geçme namasyna laýyklykda jeza çekmekden doly boşadylyp bilner, bellenilen jeza kemeldilip ýa-da has ýeňli bilen çalşyrylyp bilner, şeýle adam goşmaça jezadan boşadylyp bilner.

(2) Jenaýat edendigi üçin iş kesilen adam rehim etme namasy esasynda jeza çekmegiň mundan beýläkki möhletinden şertli ýa-da şertsiz boşadylyp bilner, oňa bellenilen jeza kemeldilip ýa-da has ýeňli bilen çalşyrylyp bilner.

(3) Eger şertli rehim edilen adam özüne bellenilen synag möhletiniň dowamynda gaýtadan bilkastlaýyn jenaýat etse, kazyýet oňa şu Kodeksiň 64  maddasynda  göz  öňünde tutulan düzgünler boýunça jeza belleýär.

 

81-nji madda. Iş kesilenlik aýby

 

(1) Jenaýat edendigi üçin iş kesilen adam aýyplaw höküm kanuny güýjüne giren gününden iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan ýa-da aýrylýan pursadyna çenli iş kesilen hasaplanylýar.

(2) Iş kesilenlik aýby şeýle ýagdaýlarda  öz-özünden aýrylýar:

a) şertli iş kesilenler babatda synag möhletiniň dolmagy bilen;

b) azatlykdan mahrum etmekden has ýeňil jeza çäresi bilen iş kesilen adamlar babatda bellenilen esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini doldurmagy bilen;

ç) uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty edendigi üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň iki ýylyň geçmegi bilen;

d) agyr jenaýat edendigi üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň dört ýylyň geçmegi bilen;

e) aýratyn agyr jenaýat edendigi üçin iş kesilen adamlar babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň alty ýylyň geçmegi bilen.

(3) Eger adam jeza çekmekden kanun arkaly bellenilen tertipde möhletinden öň boşadylan bolsa ýa-da jeza çekmegiň doldurylmadyk bölegi onuň has ýeňli bilen çalşyrylan bolsa, onda iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmak möhleti esasy we goşmaça jezasyny çekmegiň hakyky möhletini doldurmagyndan ugur  alnyp hasaplanylýar.

(4) Eger-de jeza çäresini çeken adam iş kesilenlik aýybynyň öz-özünden aýrylmak möhleti geçýänçä täzeden jenaýat etse, onda jenaýatlaryň ikisi boýunça-da iş kesilenlik aýybynyň möhletini soňky jenaýat üçin jezany (esasy we goşmaça) çekenden soň hasaplap başlamak bilen, olardan has agyr jenaýat üçin iş kesilenlik aýybynyň öz-özünden aýrylmak möhleti geçýänçä, ol adam iki jenaýat boýunça hem iş kesilen hasaplanylýar.

(5) Eger iş kesilen adam jeza çekmek möhletini dolduranyndan soň özüni bir kemsiz alyp baran bolsa, onda onuň haýyş etmegi boýunça kazyýet onuň iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan möhletiniň gutarmagyndan öň, ýöne bu möhletiň ýarysy dolýan wagtyndan ir bolmadyk möhletde ondan iş kesilenligi aýryp biler.

(6) Iş kesilenlik aýybynyň öz-özünden aýrylmagy ýa-da aýrylmagy bilen iş kesilenlik aýyby bilen baglanyşykly ähli hukuk netijeleri ýatyrylýar.

(2010-njy ýylyň 26-njy noýabryndaky we 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4,72-nji madda; 2014-nji ýyl, № 1, 44-nji madda)

 

V BÖLÜM. KÄMILLIK ÝAŞYNA

ÝETMEDIKLERIŇ JOGAPKÄRÇILIGI

 

13 BAP. KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIKLERIŇ JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINIŇ WE JEZASYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

 

82-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýat jogapkärçiligi

 

(1) Jenaýaty amala aşyran pursadynda on dört ýaşyny dolduran, ýöne on sekiz ýaşy doldurmadyklar, kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar diýlip ykrar edilýär. Degişli ýaşa ýetilen pursat doglan senesine gabat gelýän günüň yz ýanyndaky günüň başlanýan wagty hasaplanylýar.

(2) On sekiz ýaşyna çenli jenaýat eden adamyň jenaýat jogapkärçiligi şu Kodeksiň şu bölüminiň maddalary we umumy düzgünleri arkaly kesgitlenilýär.

(3) Jenaýaty amala aşyran kämillik ýaşyna ýetmediklere jeza çäresi ýa-da terbiýeçilik täsirli mejbury çäreler ulanylyp bilner.

 

83-nji madda. Jezanyň bellenilmegi

 

(1) Kämillik ýaşyna ýetmedige jeza bellenilende onuň ýaşaýyş we terbiýeleniş şertleri, psihiki ösüş derejesi, şahsyýetiň beýleki aýratynlyklary, jenaýatyň äheňi, şeýle hem uly ýaşly adamlaryň we beýleki kämillik ýaşyna ýetmedikleriň täsiri göz öňünde tutulýar.

(2) Kämillik ýaşyna ýetmezlik jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaý hökmünde jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan beýleki ýagdaýlar bilen bilelikde göz öňünde tutulýar.

(3) Jenaýaty eden kämillik ýaşyna ýetmedige şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasy tarapyndan bellenilýän çäklerde kesgitlenýän jeza alty aýa çenli möhlete tapgyrlara bölmek bilen bellenýär, şunda jezany ýerine ýetirýän edaranyň teklipnamasy boýunça kazyýet tarapyndan nobatdaky tapgyr üçin jeza bellenende öň bellenen jeza ýa-da şondan ýeňil jeza ýa-da terbiýeçilik täsirli mejbury çäreler ulanylyp bilner.

(4) Kazyýet kämillik ýaşyna ýetmedik tarapyndan edilen jenaýatyň anyk ýagdaýlaryny, onuň psihiki ösüşini, durmuş we ýaşaýyş şertlerini, saglyk ýagdaýyny we bilim derejesini, şeýle hem şu Kodeksiň 59-njy maddasynda kesgitlenilen gaýry ýagdaýlary hasaba alyp, oňa şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda göz öňünde tutulan jezanyň ýerine onuň azatlygy çäklendirmek görnüşini bellemek bilen çäklenip biler.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

84 madda. Jezanyň görnüşleri

 

Kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin jezanyň görnüşleri şulardyr:

a) jerime;

b) düzediş işleri;

ç) azatlygy çäklendirmek;

d) azatlykdan mahrum etmek.».

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

85-nji madda. Jerime

 

Jerime diňe özbaşdak girdejisi bar bolan kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda ulanylýar we zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ikisinden ellisine çenli bolan möçberde bellenilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

86-njy madda. Düzediş işleri

 

(1) Düzediş işleri diňe on alty ýaşyna ýeten, zähmet çekmäge ukyply kämillik ýaşyna ýetmediklere özleriniň iş ýerlerinde, eger kämillik ýaşyna ýetmedik işlemeýän we okamaýan bolsa, iş kesileniň ýaşaýan ýeriniň çägindäki başga ýerlerde alty aýa çenli möhlet bilen ulanylýar.

(2) Kämillik ýaşyna ýetmedikler düzediş işleriniň möhletini doldurmakdan bilkastlaýyn boýun gaçyran ýagdaýynda kazyýet düzediş işleriniň doldurylmadyk möhletini azatlykdan mahrum etmek bilen çalşyryp biler, emma onuň möhleti dört aýdan köp bolmaly däldir. Düzediş işlerini azatlykdan mahrum etmek bilen çalşyrmak şu Kodeksiň 50 maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan düzgünler boýunça geçirilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda, 2014 ý., № 4, 145-nji madda)

 

861 madda. Azatlygy çäklendirmek

 

Kämillik ýaşyna ýetmediklere azatlygy çäklendirmek bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete bellenýär.

(Kodekse 861 maddany goşmaly 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

87-nji madda. Azatlykdan mahrum etmek

 

(1) Kämillik ýaşyna ýetmedikleri azatlykdan mahrum etmek on  ýyldan ýokary bolmadyk möhlete, aýratyn agyr jenaýat üçin bolsa on bäş ýyldan ýokary bolmadyk möhlete bellenilýär.

(2) Uly bolmadyk agyr jenaýatlary ilkinji gezek amala aşyran kämillik ýaşyna ýetmediklere azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza bellenmeýär.

(3) Höküm çykarylan pursadynda on sekiz ýaşyna ýetmedik adama terbiýeleýiş edarasynda azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza möhletini doldurmak bellenilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

88-nji madda. Jezadan boşatmak

 

Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty birinji gezek amala aşyran kämillik ýaşyna ýetmedigi, eger amal eden etmişiniň we onuň netijesiniň häsiýeti, şahsyýeti hem-de onuň işiniň başga ýagdaýlary hakyndaky maglumatlar boýunça onuň düzelmegi jezany ulanmazdan mümkin bolsa, kazyýet jezadan boşadyp we oňa terbiýeçilik häsiýetli mejbury çäreleri ulanyp biler.

(2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 20-nji madda)

 

89-njy madda. Terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ulanmak

 

(1) Uly bolmadyk agyr jenaýaty birinji gezek amala aşyran kämillik ýaşyna ýetmedik adam, eger onuň düzelmegini terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ulanmak ýoly bilen gazanyp bolmagy mümkin diýlip ykrar edilse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.

(2) Kämillik ýaşyna ýetmedige terbiýeçilik täsirli şu aşakdaky çäreler bellenilip bilner:

a) duýduryş;

b) ata-eneleriniň, olaryň ýerini tutýanlaryň ýa-da içeri işler edaralarynyň gözegçiligi astyna bermek;

ç) ýetiren zyýanyny düzetmek borjuny üstüne ýüklemek;

d) boş wagtyny çäklendirmek we özüni alyp barşyna aýratyn talaplary bellemek.

(3) Kämillik ýaşyna ýetmedige bir wagtyň özünde terbiýeçilik täsirli  mejbury çäreleriň birnäçesini bellemek bolar. Şu maddanyň ikinji böleginiň «b» we «d» tesimlerinde göz öňünde tutulan terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ulanmagyň möhletiniň dowamlylygy şol çäreleri bellän edara tarapyndan kesgitlenýär.

(4) Terbiýeçilik täsirli özüne bellenilen mejbury çärelerde göz öňünde tutulan talaplary kämillik ýaşyna ýetmedigiň yzygiderli ýerine ýetirmeýän ýagdaýynda bu çäre ygtyýarly döwlet edarasynyň teklipnamasy boýunça ýatyrylýar we materiallar kämillik ýaşyna ýetmedigi jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin iberilýär.

 

90-njy madda. Terbiýeçilik  täsirli mejbury çäreleriň mazmuny

 

(1) Duýduryş kämillik ýaşyna ýetmedige onuň etmişi bilen ýetirilen zyýany we jenaýat kanunda göz öňünde tutulan etmişleri gaýtalamak bilen ýetirilen zyýanyň netijelerini düşündirmekden ybaratdyr.

(2) Gözegçilik astyna bermek kämillik ýaşyna ýetmedige terbiýeçilik täsirli we onuň özüni alyp barşyna gözegçilik borçlaryny şu Kodeksiň 89 maddasynyň ikinji böleginde görkezilen adamlaryň üstüne ýüklemekden ybaratdyr.

(3) Ýetiren zyýanyny düzetmek borjuny üstüne ýüklemek kämillik ýaşyna ýetmedigiň emläk ýagdaýyny we onda degişli zähmet endikleriniň bardygyny hasaba almak bilen bellenilýär.

(4) Boş  wagtyny çäklendirmek käbir ýerlere barmagy, boş wagtyň belli bir görnüşlerini peýdalanmagy, hususan-da mehaniki ulag serişdesini sürmek bilen baglanyşykly peýdalanmagy, gije-gündiziň belli bir wagtyndan soň öýünden daşarda  bolmagy gadagan etmegi, içeri işler edaralarynyň rugsady bolmasa, başga ýerlere gitmegi çäklendirmegi göz öňünde tutup biler. Şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedige okuw mekdebine gaýdyp barmak ýa-da ygtyýarly döwlet edarasynyň kömegi bilen işe ýerleşmek babatda talap bildirilip bilner.

Bu sanaw gutarnykly däldir.  

 

91-nji madda. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak

 

Düzediş işlerinde işletmäge ýa-da azatlykdan marhum edilmäge iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedik babatda jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmagy:

a) uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň azyndan dörtden birini;

b) agyr jenaýat üçin bellenilen jeza  möhletiniň azyndan üçden birini;

ç) aýratyn agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň azyndan üçden ikisini hakyky çekeninden soň ulanyp bolar.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

92-nji madda. Müddet (wagt möhleti)

 

On sekiz ýaşy dolmanka jenaýat eden adamy jenaýat jogapkärçiliginden ýa-da jezadan wagt möhletiniň geçmegi bilen baglanyşyklylykda boşatmak şu Kodeksiň 74 we 79 maddalarynda göz öňünde tutulandakysyndan üç esse az möhleti ulanmak bilen geçirilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

93-nji madda. Iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan möhleti

 

On sekiz ýaşy dolmanka jenaýat eden adamlar üçin iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan möhleti şu Kodeksiň 81 maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulyşy boýunça kemeldilýär we degişlilikde şulara deňdir:

a) uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmek möhletini dolduranyndan soň bir ýyla;

b) agyr jenaýat üçin jeza möhletini dolduranyndan soň üç ýyla;

ç) aýratyn agyr jenaýat üçin jeza möhletini dolduranyndan soň bäş ýyla.

 

VI BÖLÜM. LUKMANÇYLYK HÄSIÝETLI MEJBURY

ÇÄRELERI ULANMAGYŇ ESASY WE TERTIBI

 

14 BAP. LUKMANÇYLYK HÄSIÝETLI MEJBURY ÇÄRELER

 

94-nji madda Lukmançylyk häsiýetli mejbur ediş çärelerini ulanmagyň esaslary

 

(1) Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreler kazyýet tarapyndan şu adamlara bellenilip bilner:

a) jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi akyly düzüw däl ýagdaýda amala aşyrana;

b) jenaýaty amala aşyranyndan soň jezany bellemäge ýa-da ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän psihiki taýdan bozulma bilen keselläne.

(2) Lukmançylyk häsiýetli çäreler arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomaniýadan we beýleki psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän, jenaýaty amala aşyran adamlar babatda olary bejermek we jezanyň maksadyna ýetilmegi üçin ýardam edýän şertleri döretmek maksady bilen kazyýet tarapyndan jeza bilen bir hatarda bellenilip bilner.

(3) Lukmançylyk häsiýeti mejbury çäreleri ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilýär.

(4) Uly bolmadyk agyr jenaýaty amala aşyran, şu maddanyň birinji böleginde sanalyp geçilen adamlar, şeýle hem özüniň psihiki ýagdaýy boýunça howp döretmeýän adamlar babatda  kazyýet olary bejermek ýa-da psihiatriki edaralara ibermek baradaky meseleleri çözmek üçin psihiatriki kömek we ol berlende raýatlaryň hukuk kepillikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde zerur bolan materiallary saglygy goraýyş edaralaryna berip biler.

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __, ___-nji madda)

 

95-nji madda. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ulanmagyň maksady

 

Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreler ulanylýan adamlaryň jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan täze etmişleri etmeginiň öňüni almak, şeýle hem şol adamlary bejermek ýa-da olaryň psihiki ýagdaýyny özi ýa-da beýleki adamlar üçin howplulygy ýa-da başga bir düýpli zyýan ýetirmek howpuny aradan aýrar ýaly derejede gowulandyrmak maksady bilen ulanylýar.

 

96-njy madda. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleriň görnüşleri

 

(1) Kazyýet lukmançylyk häsiýetli mejbur ediş çäreleriniň şu aşakdaky görnüşlerini belläp biler:

a) gatnawly usulda mejbury gözegçiligi we bejerişi;

b) umumy görnüşli ýatymlaýyn usulda psihiatriki mejbury bejerişi;

ç) ýöriteleşdirilen görnüşli psihiatriki lukmançylyk edarasynda mejbury bejerişi;

d) güýçli gözegçilikli ýöriteleşdirilen görnüşli psihiatriki lukmançylyk edarasynda mejbury bejerişi.

(2) Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan hereketi üçin iş kesilen we tüýs akyly ýerindäki, ýöne arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomoniýadan bejertmäge mätäç adama kazyýet jeza bilen bir hatarda gatnawly şertlerindäki mejbury gözegçilik we bejeriş görnüşinde lukmançylyk häsiýetli  mejbury çäräni belläp biler.

 

15 BAP. LUKMANÇYLYK HÄSIÝETLI MEJBURY

ÇÄRELERIŇ BELLENILMEGI WE BES EDILMEGI

 

97-nji madda. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleriň bellenilmegi

 

(1) Gatnawly şertlerindäki mejbury gözegçilik we bejeriş şu Kodeksiň 94 maddasynda göz öňünde tutulan esaslar bar mahalynda, eger şol adam özüniň psihiki ýagdaýy boýunça ýatymlaýyn psihiatriki lukmançylyk edarasyna ýerleşdirilmegine mätäçlik çekmeýän bolsa, bellenilip bilner.

(2) Ýatymlaýyn psihiatriki lukmançylyk edarasynda mejbury bejeriş şu Kodeksiň 94 maddasynda göz öňünde tutulan esaslar bar mahalynda, eger şol adamyň psihiki taýdan bozulma keseliniň häsiýeti we agyrlygy diňe keselhana şertlerinde amala aşyryp bolýan bejermek, seretmek, saklamak we gözegçilik etmek şertlerini talap edýän bolsa, bellenilip bilner.

(3) Umumy görnüşli ýatymlaýyn psihiatriki lukmançylyk edarasynda mejbury bejeriş psihiki ýagdaýy boýunça keselhana ýerleşdirilmegine mätäç, ýöne güýçli gözegçiligi talap etmeýän adama bellenilip bilner.

(4) Ýöriteleşdirilen görnüşli ýatymlaýyn psihiatriki lukmançylyk edarasynda mejbury bejeriş özüniň psihiki ýagdaýy boýunça hemişelik gözegçiligi talap edýän adama bellenilip bilner.

(5) Güýçli gözegçilikli ýöriteleşdirilen görnüşli ýatymlaýyn psihiatriki lukmançylyk edarasyndaky mejbury bejeriş özüniň psihiki ýagdaýy özi ýa-da beýleki adamlar üçin aýratyn howply bolup durýan we hemişelik hem-de güýçli gözegçiligi talap edýän bolsa, şol adama bellenilip bilner.

 

98-nji madda. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri dowam etdirmek, üýtgetmek we bes etmek

 

(1) Lukmançylyk häsiýetli mejbur ediş çärelerini dowam etdirmek, üýtgetmek we bes etmek psihiator-lukmanlar toparynyň çykaran netijesi esasynda psihiatrik kömek berýän edaranyň dolandyryşynyň ýazyp bermegi boýunça kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.

(2) Lukmançylyk häsiýetli mejbur ediş çäresi bellenilen adam, şeýle çäräni bes etmek ýa-da üýtgetmek hakynda esaslaryň bardygy baradaky meseläni çözmek üçin kazyýetde teklip girizmek maksady bilen şu maddanyň birinji böleginde görkezilen topar tarapyndan alty aýda azyndan bir gezek barlanylyp görülmäge degişlidir. Lukmançylyk häsiýetli mejbur ediş çäresini bes etmek ýa-da üýtgetmek üçin esaslar ýok bolsa, psihiatrik kömegi berýän edaranyň dolanyşygy mejbury bejerişi dowam etdirmek üçin kazyýete öz gelen netijesini berýär. Mejbury bejerilişiň birinji dowam etdirilmesi lukmançylyk häsiýetli mejbur ediş çäresiniň başlanan pursadyndan alty aý geçeninden soň amala aşyrylyp bilner.

(3) Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäräni üýtgetmek ýa-da bes etmek şol adamyň psihik ýagdaýy öň bellenilen çäräniň zerurlygy aradan aýrylýan derejede üýtgän ýa-da lukmançylyk häsiýetli başga bir çäräni bellemek zerurlygy ýüze çykan halatynda kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.

(4) Ýatymlaýyn psihiatriki lukmançylyk edarasynda mejbury bejerişi bes edip, kazyýet şol adama şu Kodeksiň 97 maddasynyň birinji bölegine laýyklykda mejbury gatnawly usulda gözegçiligini we bejerişi belläp biler.

 

99-njy madda. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ulanmagyň wagtynyň hasaba alynmagy

 

Jenaýat edeninden soň psihiki taýdan bozulma bilen kesellän adama lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreler ulanylan döwür onuň sagaldylan we oňa jeza bellenilen ýa-da onuň ýerine ýetirilmegi dikeldilen halatynda, jeza möhletine hasaba alynýar.

 

100-nji madda. Jezany ýerine ýetirmek bilen birleşdirilen mejbury bejeriş

 

(1) Şu Kodeksiň 96 maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda lukmançylyk häsiýetli mejbur ediş çäreleri azatlykdan  mahrum edilmek görnüşinde jeza möhletini doldurýan ýerinde, jeza çekmegiň, başga görnüşi boýunça iş kesilenler babatda gatnawly usulda psihiatrik kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynda ýerine ýetirilýär.

(2) Psihiator-lukmanlar toparynyň çykaran netijesi esasynda, eger ol iş kesileniň psihiki ýagdaýyna we bejerişiň bähbidine esaslanýan bolsa, kazyýet şeýle adamy ýatymlaýyn psihiatriki lukmançylyk edarasyna ýa-da başga bejeriş edarasyna iberip biler. Şonda şu Kodeksiň 98 maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan barlap görmegiň möhleti berjaý edilmelidir.

(3) Agzalan edaralarda bolnan wagt jezanyň möhletini dolduryş möhletine hasaba alynýar. Iş kesileni agzalan edaralarda mundan beýläk bejermegiň zerurlygy aradan aýrylanda, ol kazyýetiň çözgüdi boýunça şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan tertipde jeza möhletini doldurmak üçin iberilýär.

(4) Jezany ýerine ýetirmek bilen birleşdirilen häsiýetli mejbur ediş çäresini bes etmek psihiator-lukmanlar toparynyň çykaran netijesine esaslanan jezany ýerine ýetirýän edarasynyň görkezmesi boýunça berjaý edilýär.

 

AÝRATYN BÖLEK

 

VII BÖLÜM. ŞAHSYÝETE GARŞY JENAÝATLAR

 

16 BAP. JANA WE SAGLYGA GARŞY JENAÝATLAR

 

101-nji madda. Bilkastlaýyn adam öldürmek

 

(1) Bilkastlaýyn adam öldürmek,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Bilkastaýyn adam öldürmek:

a) iki ýa-da şondan-da köp adamy;

b) öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny amala aşyrmagy bilen baglanyşykly adamy ýa-da onuň ýakyn adamlaryny;

ç) garawsyzlygy günäkäre görnetin bolup duran adamy, şeýle hem adamy ogurlamak ýa-da girewine almak bilen baglanyşyklylykda;

d) göwreliligi günäkäre görnetin bolup duran aýaly;

e) zorlamak ýa-da jyns häsiýetli zorlukly hereketler bilen baglanyşyklylykda;

ä) aýratyn zalymlyk bilen;

f) köp adamlaryň jany üçin görnetin howply usul bilen;

g) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan-da köp adam ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan;

h) betnebislik niýeti bilen, şeýle hem hakyna tutma boýunça;

i) bozgakçylyk niýeti bilen;

j) başga jenaýaty ýaşyrmak ýa-da onuň amala aşyrylmagyny ýeňilleşdirmek maksady bilen;

ž) durmuş, milli, jyns ýa-da dini ýigrenç ýa-da duşmançylykly garamak bilen;

k) gan almak maksady bilen;

l) gaýtadan, şu Kodeksiň 102 we 103 maddalarynda göz öňünde tutulan etmişler muňa girmeýär;

m) aýratyn howply residiwde,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., №2 ,77 -nji madda)

 

102-nji madda. Gazaplanma ýagdaýynda adam öldürmek

 

Jebir çekeniň zorluk ulanmagy, masgaralamagy ýa-da agyr kemsitmegi ýa-da gaýry bikanun ýa-da ahlaksyz hereketleri (hereketsizligi), şeýle hem jebir çekeniň yzygiderli hukuga ters gelýän ýa-da özüni ahlaksyz alyp barmagy bilen baglylykda dörän uzak wagtlap akyly maýyp ediji ýagdaý netijesinde birden dörän güýçli ruhy tolgunmasy (gazaplanmasy) ýagdaýynda adam öldürene,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

103-nji madda. Zerur goranyş çäklerinden çykmak ýa-da jenaýat eden adamy tutmak üçin zerur çäklerden çykmak bilen, adam öldürmek

 

(1) Zerur goranyş çäklerinden çykmak bilen, bilkastlaýyn adam öldürene,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Jenaýat eden adamy tutmak üçin zerur çärelerden çykylyp, ony bilkastlaýyn öldürene,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

104-nji madda. Enäniň ýaňy dogran çagasyny bilkastlaýyn öldürmegi

 

Çaga dogurýan wagtynda ýa-da gös-göni çaga dogranyndan soň, ýaňy dogran çagasyny bilkastlaýyn öldüren enä,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

105-nji madda. Seresapsyzlyk boýunça adam öldürmek

 

(1) Seresapsyzlyk boýunça adam öldürene,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Seresapsyzlyk boýunça iki we şondan-da köp adam öldürene,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

106-njy madda. Öz-özüňi öldürmäge maýyl etmek we öz-özüňi öldürmäge mejbur etmek

 

(1) Öz-özüňi öldürmäge maýyl etmek, ýagny, ynandyrmak, aldatmak arkaly ýa-da başga ýol bilen beýleki adamda öz-özüňi öldürmegi ýüregine düwmegi oýarsa, eger şol adam öz-özüni öldürip, janyndan dynsa ýa-da oňa kast etse,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Adama haýbat atmak, töhmet atmak, çydamsyz güne salmak ýa-da onuň şahsy mertebesini birsyhly kemsitmek bilen, ony öz-özüňi öldürmäge mejbur edene ýa-da öz-özüňi öldürmek kastyna düşürene,

bäş  ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişi, kämillik ýaşyna ýetmedik babatda edene,

sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

107-nji madda. Saglyga bilkastlaýyn agyr şikes ýetirmek

 

(1) Syna bilkastlaýyn agyr şikes ýetirilmegi adamyň janyna howp salsa ýa-da şonuň netijesinde adam görmekden, geplemekden, eşitmekden galsa, ýa-da haýsydyr bir organyny ýitirse ýa-da haýsy-da bolsa bir organy işlemekden kesilse ýa-da ýüzi düzedip bolmajak bedroýlyga sezewar edilse, şeýle hem saglygyna, jany üçin howply bolan başga bir zyýan ýetip, umumy işe ýarawlylygynyň azyndan üçden bir bölegini uzak wagtlaýyn ýitirse ýa-da professional işe ýarawlylygyny doly ýitirse ýa-da göwresinden çagasy aýrylsa ýa-da  psihiki kesele ýoluksa,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger:

a) göwreliligi günäkäre görnetin bolup duran aýal babatynda;

b) adamyň öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şol adam ýa-da onuň ýakyn adamlary babatynda;

ç) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan-da köp adam tarapyndan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

d) azap bermek ýa-da jebir bermek häsiýetindäki usul bilen;

e) umumy howply usul bilen;

ä) bozgakçylyk niýetleri bilen;

f) durmuş, milli, jyns ýa-da dini ýigrenç ýa-da duşmançylyk bilen;

g) guramaçylykly topar tarapyndan;

h) iki ýa-da köp adam babatynda;

i) gaýtadan edilse,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse ýa-da seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine eltse,

alty ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2 ,77-nji madda)

 

108-nji madda. Saglyga bilkastlaýyn orta agyrlykdaky şikes ýetirmek

 

(1) Syna bilkastlaýyn şikes ýetirilmegi ýa-da saglyga gaýry zyýan ýetirilmegi adamyň jany üçin howply bolmasa we şu Kodeksiň 107 maddasynda göz öňünde tutulan netijelere getirmese, ýöne saglyga uzak wagtlaýyn zyýan ýetiren ýa-da umumy işe ýarawlylygyň üçden bir böleginden azynyň ep-esli wagtlap ýitirilmegine getiren bolsa, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 (2) Şonuň ýaly etmiş, eger:

a) göwreliligi günäkäre görnetin bolup duran aýal babatda;

b) iki ýa-da şondan-da köp adam babatda;

ç) adamyň öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şol adam ýa-da onuň ýakyn adamlary babatda;

d) iki ýa-da şondan-da köp adam tarapyndan deslapdan dilleşmezden ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlar  topary tarapyndan;

e) azap bermek ýa-da jebir bermek häsiýetindäki usul bilen;

ä) bozgakçylyk niýeti bilen;

f) durmuş, milli, jyns ýa-da dini ýigrenç ýa-da duşmançylyk bilen;

g) gaýtadan edilse,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 (2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky, 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky we 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda , 2014 ý., № 1, 44-nji madda, 2014 ý., № 2, 77-nji madda; 2017 ý., № 4, __-nji madda)

 

109-njy madda. Gazaplanma ýagdaýynda saglyga bilkastlaýyn agyr ýa-da ortaça agyr şikes ýetirmek

 

Jebir çekeniň zorluk etmegi, masgaralamagy ýa-da gaty kemsitmegi netijesinde ýa-da gaýry kanuna ters gelýän ýa-da ahlaksyz hereketleri (hereketsizligi), şonuň ýaly-da jebir çekeniň yzygiderli hukuga ters gelýän ýa-da özüni ahlaksyz alyp barmagy bilen döran uzak wagtlap akyla zeper ýetirýän ýagdaý netijesinde birden dörän güýçli ruhy tolgunmasy (gazaplanmasy) ýagdaýynda saglyga bilkastlaýyn agyr ýa-da ortaça agyr şikes ýetirene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

110-njy madda. Zerur goranyş çäklerinden çykmak bilen ýa-da jenaýat eden adam tutulanda saglyga bilkastlaýyn agyr ýa-da ortaça agyr şikes ýetirilmegi

 

(1) Zerur goranyş çäklerinden çykmak bilen, saglyga bilkastlaýyn agyr ýa-da ortaça agyr şikes ýetirene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Jenaýat eden adamy tutmak üçin zerur bolan çäklerden çykmak bilen, onuň, saglygyna bilkastlaýyn agyr ýa-da ortaça agyr şikes ýetirene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

111-nji madda. Saglyga bilkastlaýyn ýeňil şikes ýetirilmegi

 

Syna bilkastlaýyn ýeňil şikesiň ýa-da saglyga başga zyýanyň ýetirilmegi saglyga gysga wagtlaýyn zyýan ýetirilmegine ýa-da umumy işe ýarawlylyk wagtynyň birneme ýitirilmegine getiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da alty aýa çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

112-nji madda aýrylan - 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

113-nji madda. Horlamak

 

(1) Adamy birsyhly urmak ýa-da gaýry zorlukly usul bilen fiziki ýa-da psihiki ezýetler berilse, ýöne ol şu Kodeksiň 107 we 108 maddalarynda göz öňünde tutulan netijelere getirmese, munuň üçin,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle etmişler, eger:

a) göwreliligi gunäkäre görnetin bolup duran aýal babatda edilse;

b) adamyň öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şol adam ýa-da onuň ýakyn adamlary babatda;

ç) kämillik ýaşyna ýetmedik babatda ýa-da biçäre ýagdaýdadygy günäkäre görnetin bolup duran ýa-da günäkäre maddy ýa-da başga hili garaşly bolan adam babatda, şeýle hem ogurlanan ýa-da girew hökmünde tutulan adam babatda;

d) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan-da köp adam tarapyndan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilse;

e) jebir çekdirmek arkaly;

ä) durmuş, milli, jyns ýa-da dini ýigrenç ýa-da duşmançylyk bilen edilse,

üç ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

114-nji madda. Garaşlylyk ýagdaýynda ýa-da biçäre ýagdaýda bolan adama ýowuz çemeleşmek

 

(1) Garaşlylyk ýagdaýynda ýa-da kesellidigi, maýypdygy ýa-da gartaşandygy üçin biçäre ýagdaýda bolan adama ýowuz çemeleşene,

bir ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger seresapsyzlyk boýunça adamyň ölümine ýa-da başga agyr netijelere getirse,

dört ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

115 madda. Saglyga seresapsyzlyk bilen agyr şikes ýetirmek

 

Saglyga seresapsyzlyk bilen agyr şikes ýetirene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden  ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

116-njy madda. Öldürmek ýa-da saglyga agyr şikes ýetirmek haýbatyny atmak

 

Öldürmek ýa-da saglyga agyr şikes ýetirmek haýbatyny atana, eger bu haýbatyň amala aşyrylmagyndan ätiýaç etmek üçin esas bar bolsa,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

117-nji madda. Weneriki keseli ýokuşdyrmak

 

(1) Özünde ýokançly weneriki keseliň bardygyny bilse-de, bu keseli başga adama ýokuşdyrana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişi iki ýa-da şondan-da köp adam ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedik babatda edene,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

118-nji madda aýrylan - 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

119-njy madda. SPID keselini ýokuşdyrmak

 

(1) Başga adamy SPID keselini ýokuşdyrmak howpuna görnetin goýana,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Özünde SPID keseliniň bardygyny bilse-de, bu keseli başga adama ýokuşdyrana,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişi iki ýa-da şondan-da köp adam, ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedik babatda edene,

sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Lukman kärli ýa-da farmasewtik işgäriň öz professional borçlaryny degişli ýagdaýda ýerine ýetirmezligi netijesinde SPID keselini başga adama ýokuşdyrsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

120-nji madda. Bikanun abort etmek

 

(1) Degişli ugurda ýokary lukmançylyk bilimi bolan adam tarapyndan hassahanadan ýa-da beýleki kesel bejeriş jaýyndan başga ýerde ýa-da kesel bejeriş jaýynda, ýöne bikanun esasda abort edilse, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Degişli ugurda ýokary lukmançylyk bilimi bolmadyk adam tarapyndan abort edilse,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyldan iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler gaýtadan edilse,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler eger seresapsyzlyk bilen jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr ýa-da ortaça agyr şikes  ýetirse, munuň üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

121-nji madda. Keselli adama kömek bermezlik

 

(1) Keselli adama kanuna ýa-da ýörite kada laýyklykda kömek bermäge borçly adam tarapyndan oňa esassyz sebäp bilen kömek berilmezligi onuň saglygyna orta agyrlykda şikes ýetirse,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger seresapsyzlyk boýunça keselliniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

122-nji madda. Lukmançylyk işgäriniň professional borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmezligi

 

(1) Lukmançylyk işgäri tarapyndan professional borçlaryny ýerine ýetirmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmezligi, olara äsgermezlik edilmegi ýa-da päk ýürek bilen garalmazlygy netijesinde saglyga ortaça agyrlykda şikes ýetirilse,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar saglyga agyr şikes ýetirse ýa-da seresapsyzlyk bilen jebir çekeniň ölmegine getirse, munuň üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

123 madda. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň janyny we saglygyny goramak boýunça borçlaryň göwnejaý ýerine ýetirilmezligi

 

Gulluk boýunça borçlar ýüklenen çagalar ýa-da ýetginjekler edarasynyň işgäri tarapyndan kämillik ýaşyna ýetmedikleriň janyny we saglygyny goramak boýunça professional borçlaryň ýerine ýetirilmezligi  ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi, olara äsgermezlik edilmegi ýa-da päk ýürek bilen garalmazlygy, eger bu etmişler seresapsyzlyk bilen kämillik ýaşyna ýetmedigiň ölmegine ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirilmegine getiren bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

124-nji madda. Bikanun lukmançylyk etmek

 

(1) Ýörite rugsady ýa-da degişli lukmançylyk bilimi bolmadyk adamyň lukmançylyk etmegi seresapsyzlyk bilen saglyga ortaça agyrlykda şikes ýetirse, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger seresapsyzlyk bilen jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

125-njimadda. Howp astynda galdyrmak

 

Jany we saglygy üçin howply ýagdaýda bolan we özüniň ýaşlygy, garrylygy, keselliligi zerarly ýa-da özüniň biçäreligi sebäpli özüni gorap saklamak üçin çäre görmek mümkinçiliginden mahrum bolan adamyny göz-görtele kömeksiz galdyran adama, eger jebir çekene kömek bermäge günäkäriň mümkinçiligi bolan bolsa we ol barada alada etmäge borçly bolan bolsa ýa-da günäkäriň özi jebir çekeni onuň jany üçin howply ýagdaýa salan bolsa, oňa,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

17 BAP. ŞAHSYÝETIŇ AZATLYGYNA, NAMYSYNA WE MERTEBESINE GARŞY JENAÝATLAR

 

126-njy madda. Adamy ogurlamak

 

(1) Adamy ogurlana,

dört ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse;

b) gaýtadan edilse;

ç) adamyň jany we saglygy üçin howply bolan zorluk ulanmak ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen edilse;   

d) ýarag ýa-da ýarag hökmünde peýdalanylýan başga närseleri ulanmak bilen edilse;

e) iki ýa-da şondan-da köp adam babatda edilse;

ä) ogurlanan adamy Türkmenistanyň serhedinden daşyna çykarmak ýa-da Türkmenistanyň serhedinden yzyna gaýtaryp getirmek bilen bagly bolsa;

f) göwreliligi günäkäre görnetin bolup duran aýal babatda edilse;

g) transplantasiýa maksatlary üçin ogurlanan adamyň organlaryny ýa-da dokumasyny almak bilen bagly bolsa;

h) betnebislik niýet bilen edilse;

on ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger:

a) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse;

b) seresapsyzlyk bilen jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse ýa-da başga agyr netijelere getirse;

ç) kämillik ýaşyna ýetmedik babatda edilse,

on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Ogurlanan adamy meýletin boşadan şahs, eger onuň hereketinde başga jenaýatyň alamaty bolmasa, ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

 

127-nji madda. Hakykat ýüzünde nikalaşmak maksady bilen aýal-gyzlary alyp gaçmak

 

Aýal-gyzlaryň erk-islegine garamazdan, olar bilen hakykat ýüzünde nikalaşmak üçin olary zorluk bilen alyp gaçana,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

128-nji madda. Çagany çalşyrmak

 

Çagany bilkastlaýyn çalşyrana,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

129-njy madda. Azatlykdan bikanun mahrum etmek

 

(1) Adamy alyp gaçmak bilen baglanyşykly bolman, ony azatlykdan bikanun mahrum edene,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse;

b) gaýtadan edilse;

ç) jany we saglygy üçin howply bolan zorluk ulanmak bilen edilse;

d) ýarag ýa-da ýarag hökmünde ulanylýan beýleki närseleri ulanmak bilen edilse;

e) kämillik ýaşyna ýetmedik babatda edilse;

ä) iki ýa-da şondan-da köp adam babatda edilse,

 üç ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,

dört ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1291 madda. Adam söwdasy

 

(1) Adam söwdasyny, ýagny adam söwdasynyň pidasynyň razylygyna garamazdan, ony ezmek maksady bilen yrana, daşana, geçirene, gizläp saklana ýa-da haýbat atmak, mejbur etmek, aldamak, adam söwdasynyň pidasynyň ynamyndan ýa-da gowşaklyk ýagdaýyndan peýdalanmak ýa-da onuň garaşly adamsyna berim bermek ýollaryny ulanmak arkaly adamy alana, şeýle hem adamy satyn alana-satana ýa-da onuň bilen bagly eýeçiligiň obýekti hökmünde garalýan gaýry bikanun geleşikleri edene,

dört ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş:

а) gaýtadan edilse;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilse;

ç) iki ýa-da şondan-da köp adam babatda edilse;

d) kämillik ýaşyna ýetmedigi görnetin adam babatda edilse;

e) wezipe ygtyýarlyklaryny peýdalanmak arkaly edilse;

ä) pidany Türkmenistanyň Döwlet serhedinden daşyna bikanun çykarylmagy ýa-da Türkmenistanyň Döwlet serhedinden daşarda bikanun saklamak bilen bagly bolsa;

f) güýç ulanmak bilen ýa-da şony ulanmak haýbatyny atmak bilen edilse;

g) transplantasiýa maksatlary üçin pidanyň beden agzalaryny ýa-da dokumasyny almak bilen bagly bolsa;

h) adamy ýaragly çaknyşyklarda ýa-da harby hereketlerde ýa-da ýaragly birikmelerde ulanmak bilen bagly bolsa,

sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:

a) seresapsyzlyk bilen pidanyň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse ýa-da başga agyr netijelere getirse;

b) birnäçe adamyň jany üçin ýa-da saglygy üçin howply usul bilen edilse;

ç) guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse,

on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

1. Adam söwdasynyň pidasy onuň adam söwdasynyň pidasy bolmagy bilen şertlendirilen kanuna garşy hereketleri edendigi üçin, ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

2. Şu maddadaky adamy ezmek diýlip, adamyň mejbury zähmete ýa-da hyzmata çekilmegine, gulçulyk ýa-da gulçulyga kybapdaş derejä (ýagdaýa), gulçulyga kybapdaş elgarama ýagdaýa salynmagyna ýa-da beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna, ýaragly çaknyşyklarda ulanylmagyna, ol babatda jynsy häsiýetli hereketleriň edilmegine ýa-da adamy ezmegiň gaýry görnüşlerine düşünilýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde bellenen haýsy-da bir täsir ediş serişdeleriň peýdalanmagy bilen bagly bolmasa-da, kämillik ýaşyna ýetmedigi ezmek maksady bilen yrmak, daşamak, geçirmek, gizläp saklamak ýa-da almak adam söwdasy hasaplanýar.

(2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 163-nji madda)

 

130-njy madda. Girewine almak

 

(1) Şu Kodeksiň 232 (gorkuzyp almak) we 271 (terrorçylyk) maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň alamatlary bolmazdan girewine alnany azat etmegiň şerti hökmünde döwleti, halkara guramasyny, ýuridik ýa-da fiziki şahsy haýsydyr bir hereketi amala aşyrmaga ýa-da bu hereketleri amala aşyrmakdan saklanmaga mejbur etmek maksady bilen öldürmek ýa-da syna şikes ýetirmek howpuny salyp, adamy girew hökmünde tutana ýa-da saklana,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse;

b) gaýtadan edilse;

ç) fiziki zorluk ulanmak bilen edilse;

d) ýarag ýa-da ýarag hökmünde peýdalanylýan başga närseleri ulanmak bilen edilse,

e) kämillik ýaşyna ýetmedik babatynda edilse;

ä) iki ýa-da şondan-da köp adam babatda edilse;

sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger:

a) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse;

b) seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,

on ýyldan ýigrimi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Girewine alnany meýletin azat eden adam, eger onuň hereketlerinde  gaýry jenaýat alamatlary bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

 

131-nji madda. Görnetin sagdyn adamy mejbury  bejermek

 

(1) Psihiatriýa ýatymlaýyn ýa-da ýapyk görnüşli gaýry kesel bejeriş jaýyna şeýle bejerişe görnetin mätäçlik çekmeýän adamy ýerleşdirene,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

132 madda. Töhmet

 

(1) Töhmet atana, ýagny başga bir adamyň namysyna degýän we mertebesini kemsidýän ýa-da abraýyny gaçyrýan görnetin ýalan maglumatlary ýaýradana, eger bu köpçülikleýin çykyşda, köpçülige çykarylan eserde ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde amala aşyrylan bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da aýratyn agyr ýa-da korrupsiýa bilen bagly jenaýat etmekde aýyplamak bilen birlikde amala aşyrylan bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda, 2014 ý., № 2, 77-nji madda)

 

133-nji madda aýrylan - 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

18 BAP. JYNS GATNAŞYKLARY ÇYGRYNDAKY

JENAÝATLAR

 

134-nji madda. Zorlamak

 

(1) Aýal-gyzlary zorlana, ýagny, fiziki zorlugy ulanyp, ýa-da haýbat atmak bilen gorkuzyp, şeýle hem jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanyp, zyna edene,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Aýal-gyzlary zorlamak:

a) gaýtadan edilse;

b) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan-da köp adam ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlar topary tarapyndan edilse;

ç) jebir çekeni horlamak bilen edilse;

d) jebir çekene weneriki kesel ýokuşdyrsa;

e) kämillik ýaşyna ýetmedikdigi görnetin bolsa,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Aýal-gyzlary zorlamak:

a) seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetirse ýa-da oňa SPID keselini ýokuşdyrsa;

b) jebir çekeniň on dört ýaşyna ýetmedikdigi görnetin bolsa,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

135-nji madda. Beçebazlyk

 

(1) Beçebazlyk, ýagny, erkek adam bilen zyna eden erkek adama,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Fiziki zorluk etmek, ony ulanmaga howp salmak, şeýle hem jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanmak bilen, beçebazlyk edene,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir  ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, üç ýyldan alty ýyla çenli  möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş, eger:

a) gaýtadan edilse;

b) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan-da köp adam ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça  adamlaryň topary tarapyndan edilse;

ç) kämillik ýaşyna ýetmedikdigi görnetin bolan babatda edilse;

d) jebir çekene weneriki kesel ýokuşdyrylsa,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir  ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger:

a) on dört ýaşyna ýetmedikdigi görnetin bolan adam babatda edilse;

b) seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine ýa-da onuň saglygyna agyr şikes ýetmegine ýa-da oňa SPID keseliniň ýokuşdyrylmagyna getirse,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir  ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek  bilen ýa-da ýüklemän, on ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

136-njy madda. Jyns islegini azgynçylykly görnüşde kanagatlandyrmak

 

(1) Fiziki zorluk etmek, ony ulanmaga howp salmak, şeýle hem jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanmak bilen, jyns islegini azgynçylykly görnüşde kanagatlandyrana,

iki ýyldan alty ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan-da köp adam ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilse;

ç) agyr netijelere getirse,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmiş kämillik ýaşyna ýetmedik gyz (kämillik ýaşyna ýetmedik oglan) babatda edilse,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

137-nji madda. Adamy zyna ýakynlaşmasyna mejbur etmek

 

Ýalan haýbat etmek, emlägi ýok etmek haýbatyny atmak arkaly ýa-da özüne maddy ýa-da başga bir jähetden tabyn bolan adamy zyna ýakynlaşmasyna, beçebazlyga ýa-da jyns häsiýetdäki başga hereketleri etmäge mejbur edene,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

138-nji madda. Jelepçilik bilen meşgullanmak

 

Administratiw temmi berlenden soň bir ýylyň içinde gaýtadan jelepçilik bilen meşgullanana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

139-njy madda. Jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmek

 

(1) Jelepçilik bilen meşgullanmaga çekene,  

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

ç) kämillik ýaşyna ýetmedik babatynda;

d) fiziki zorlugy ýa-da ony ulanmak haýbaty bilen;

e) haýbat (şantaž) ýa-da aldaw ulanmak bilen edilse,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

139, 140, 141 we 142 maddalarda gaýtalanan diýlip şu Kodeksiň şol maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň haýsydyr birini öň eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär.

 

140-nji madda. Azgynlyk etmek ýa-da jelepçilik bilen meşgullanmak üçin jelephanalary guramak ýa-da saklamak

 

(1) Azgynlyk etmek ýa-da jelepçilik bilen meşgullanmak üçin jelephanalary gurana ýa-da saklana,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler gaýtadan edilse,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

141-nji madda. Duşuryjylyk etmek

 

(1) Azgynlyk etmek ýa-da jelepçilik bilen meşgullanmak üçin duşuryjylyk edene,

emlägini muzdsuz almak bilen ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş gaýtadan edilse,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

142 madda. Sutenýorlyk etmek

 

(1) Sutenýorlyk edene, ýagny betnebislikden jelepçilik bilen meşgullanýan adamy jyns gatnaşygyny etmekde ulanmak maksady bilen peýdalanana,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş gaýtadan edilse,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

143-nji madda. On alty ýaşa ýetmedik adam bilen zyna etmek

 

On alty ýaşa ýetmedik adam bilen zyna edene,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

144-nji madda. Azgynçylyk hereketleri

 

Zorluk ulanmazdan, görnetin on alty ýaşa ýetmedik adam bilen azgynçylyk hereketlerini edene,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

19 BAP. ADAMYŇ WE RAÝATYŇ KONSTITUSION HUKUKLARYNA HEM-DE AZATLYKLARYNA GARŞY JENAÝATLAR

 

145 madda. Raýatlaryň deň hukuklylygynyň bozulmagy

 

Milleti, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk hem wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ygtykady, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi bilen baglylykda adamyň we raýatyň hukuklaryny hem azatlyklaryny göni ýa-da gytaklaýyn bozana ýa-da çäklendirene, eger bu etmişler agyr netijelere getiren bolsa,

iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

146-njy madda. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy

 

(1) Başga bir adamyň şahsy ýa-da maşgala syryny düzýän, şahsy durmuşy hakyndaky maglumatlary onuň razylygy bolmazdan bikanun ýygnana, saklana ýa-da ýaýradana, eger bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olar bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatlary köpçülikleýin çykyşda, köpçülige çykarylan eserde ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýradana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

147 madda. Hat alyşmagyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf ýa-da başga habarlaryň syrynyň bozulmagy

 

Raýatlaryň hat alyşmagynyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf ýa-da başga habarlarynyň syryny bilkastlaýyn bozana, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

148 madda. Ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy

 

Ýaşaýyş jaýyna bikanun girene ýa-da onda ýaşaýan adamyň erkiniň garşysyna edilen, ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligini başga hili bozana, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) fiziki zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen;

ç) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

149 madda. Raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagyna päsgel bermek

 

Zorluk ulanmak, aldaw, haýbat atmak, galplaşdyrmak ýoly bilen raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklaryny erkin amala aşyrmagyna päsgel berene, şonuň ýaly-da saýlawçylara bermit berene ýa-da ony bermäge gatnaşana,

iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

150 madda. Raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklaryny bozmak

 

Saýlaw toparynyň agzasy tarapyndan ses bermegiň gizlinligini bozmak, saýlaw resminamalaryny galplaşdyrmak, görnetin ýalan resminamalary düzmek we bermek, sesleri görnetin nädogry sanamak ýa-da ses bermegiň jemlerini görnetin nädogry takyklamak, saýlawlaryň, sala salşygyň netijelerini kesgitlemegi görnetin nädogry amala aşyrmak  arkaly raýatlaryň saýlaw ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklarynyň bozulmagy,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

151 madda. Zähmeti goramagyň kadalarynyň bozulmagy

 

(1) Tehniki howpsuzlyk kadalaryny ýa-da zähmeti goramagyň başga kadalaryny berjaý etmek boýunça borçlar ýüklenen adam tarapyndan bu kadalaryň bozulandygy üçin, eger bu etmiş adam saglygyna agyr şikes ýetirilmegine getiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş, eger ol seresapsyzlyk boýunça adam ölümine getiren bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda, 2014 ý., № 2, 77-nji madda)

 

152 madda. Göwreli aýaly işe kabul etmekden esassyz boýun gaçyrmak ýa-da işden esassyz çykarmak

 

Aýalyň göwreliligini bahana edip, ony işe kabul etmekden esassyz boýun gaçyrana, şeýle hem şol bahanalar bilen aýaly işden esassyz çykarana, eger bu etmişler agyr netijelere getiren bolsa,

bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

153 madda. Awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň, patent eýeleriniň hukuklarynyň bozulmagy

 

Awtorlygyň eýelenilmegi, awtorlyk ýa-da gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň, şeýle hem patent bilen goralýan oýlap tapyşlaryň, peýdaly modeliň ýa-da senagat nusgasynyň bikanun peýdalanylmagy, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

154 madda. Dini guramalaryň kanuny işine päsgel bermek

 

(1) Dini guramalaryň jemgyýetçilik tertibini bozmaýan we raýatlaryň hukuklaryna, azatlyklaryna we kanuny bähbitlerine kast etmek bilen baglanyşykly bolmadyk kanuny işine ýa-da dini däp-dessurlaryň amala aşyrylmagyna päsgel berilmegi,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger ol zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen utgaşdyrylan bolsa,

iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda; 2015 ý., №___,___-nji madda)

 

20 BAP. KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIKLERIŇ,

MAŞGALANYŇ WE AHLAKLYLYGYŇ

GARŞYSYNA JENAÝATLAR

 

155-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedigi jenaýat etmäge çekmek

 

(1) On sekiz ýaşyna ýeten adam jenaýat etmäge kämillik ýaşyna ýetmedigi çekse,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Ata-ene, bilim-terbiýeçilik işgäri ýa-da kanun arkaly kämillik ýaşyna ýetmedik hakda alada etmek borçlary üstüne ýüklenen başga adam tarapyndan  şonuň ýaly etmiş edilse,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler fiziki zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen amala aşyrylsa,

dört ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Kämillik ýaşyna ýetmedigi guramaçylykly jenaýatçylykly topara ýa-da jenaýatçylykly bileleşige çekmek bilen ýa-da aýratyn agyr jenaýaty etmäge çekmek bilen baglanyşykly şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler üçin,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

156 madda. Kämillik ýaşyna ýetmedigi jemgyýete garşy hereketler etmäge çekmek

 

On sekiz ýaşyna ýeten adam kämillik ýaşyna ýetmedigi spirtli içgileri yzygiderli içmäge, seri dumanladyjy maddalary bikanun ulanmaga, sergezdançylyk ýa-da gedaýçylyk bilen meşgullanmaga çekse, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) fiziki zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen edilen bolsa,  

dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

157 madda. Perzentlige almak syrynyň aýan edilmegi

 

Gulluk ýa-da wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykda özüne mälim bolan çaganyň perzentlige alynmagynyň syryny ýaşyrynlykda saklamaga borçly adam tarapyndan çagany perzentlige alanlaryň erkiniň garşysyna çagany perzentlige almak syrynyň aýan edilmegi,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

158-nji madda. Hossarlyk hukuklaryndan hyýanatly peýdalanmak

 

Hossarçylygy, howandarçylygy ýa-da patronatlygy hossarlyk edilýäniň ýa-da patronatlyk edilýäniň zyýanyna betnebis üçin peýdalanana, şeýle hem hossarlyk ýa-da patronatlyk edilýäni gözegçiliksiz we zerur kömeksiz galdyrana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

159-nji madda. Kämillik ýaşyna etmedigi terbiýelemek boýunça borçlary zannyýamanlyk bilen bozmak

 

Kämillik ýaşyna ýetmedigi terbiýelemek hakynda onuň ata-enesi tarapyndan ýa-da şeýle borç ýüklenen adam tarapyndan aladalanmak borçlaryny zannyýamanlyk bilen bozulmagy, şonuň ýaly-da okuw ýa-da terbiýeçilik mekdebiniň bilim-terbiýeçilik işgäri ýa-da başga işgäri tarapyndan bozana, eger şeýle etmiş kämillik ýaşyna ýetmedik bilen ýowuz daramak bilen utgaşdyrylsa ýa-da onuň saglygyna düýpli zyýan ýetirse,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

160 madda. Çagalary ýa-da işe ýarawsyz ata-eneleri

                     ekläp-saklamak üçin serişdeleriň tölenilmezligi

 

(1) Ata-eneleriň kämillik ýaşyna ýetmedik, şonuň ýaly-da kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz çagalaryny ekläp-saklamak üçin kazyýetiň çözgüdi ýa-da aliment tölemek hakynda notarial tertipde tassyklanan şertnama boýunça serişde tölemekden esasly sebäpler bolmazdan iki aý we şondan köp möhlet bilen boýun gaçyrandygy üçin, eger bu hukuk bozulmalary üçin bir ýylyň dowamynda administratiw temmi çäreleri iki gezek ulanylan adam tarapyndan amala aşyrylan bolsa ýa-da zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukyply çagalaryň kazyýetiň çözgüdi ýa-da aliment tölemek hakynda notarial tertipde tassyklanan şertnama boýunça zähmete ukypsyz ata-enelerini ekläp-saklamak üçin serişde tölemekden esasly sebäpler bolmazdan iki aý we şondan köp möhlet bilen boýun gaçyrandygy üçin, eger bu hukuk bozulmalary üçin bir ýylyň dowamynda administratiw temmi çäreleri iki gezek ulanylan adam tarapyndan amala aşyrylan bolsa ýa-da zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 (2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 29-njy madda)

 

161-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedigi terbiýelemek wezipesi üstüne ýüklenen adamyň hukuklaryny zannyýamanlyk bilen bozmak

 

Kämillik ýaşyna ýetmedigiň ýa-da ony terbiýelemek wezipesi üstüne ýüklenen adamyň namysyny we mertebesini zorlugy ulanmak ýa-da kemsitmek bilen, ata-enäniň ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça kämillik ýaşyna ýetmedigiň, berlen başga adamynyň hukuklaryny zannyýamanlyk bilen bozana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

162-nji madda. Aýal-gyzlary nikalaşmaga mejbur etmek ýa-da olaryň nikalaşmagyna päsgel bermek

 

(1) Aýal-gyzlary nikalaşmaga ýa-da nikaly ýaşamagyny dowam etdirmäge mejbur edene, şonuň ýaly-da zorluk edip ýa-da zorlugy ulanmak haýbatyny atyp, aýal-gyzlaryň özleriniň halan adamsyna durmuşa çykmagyna päsgel berene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Nika ýaşyna ýetmedik adamy hakykat ýüzünde nikalaşmaga mejbur edene,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

163-nji madda. Köp aýallylyk

 

Köp aýallylyk, ýagny, iki aýal ýa-da birnäçe aýal bilen bile ýaşap, umumy hojalygy bilelikde ýöredene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

164-nji madda. Pornografik zatlary taýýarlamak ýa-da ýaýratmak

 

(1) Pornografik çap neşirlerini we gaýry zatlary görkezmek ýa-da ýaýratmak maksady bilen taýýarlana, şeýle hem şolary görkezene, söwdasyny edene ýa-da başga hili ýaýradana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler gaýtadan, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse, munuň üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

165-nji madda. Mazaryň hormatyny gaçyrmak

 

(1) Mazaryň hormatyny gaçyrana,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Mazaryň hormatyny gaçyryp, ýadygärlikleriň ýa mazaryň üstündäki ýa-da içindäki beýleki zatlary talana ýa-da meýdiň hormatyny gaçyrana,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

166-njy madda. Taryhy we medeni ýadygärlikleri bilkastlaýyn ýok etmek, ýykmak ýa-da zaýalamak

 

Döwletiň goragy astyna alnan taryhy we medeni ýadygärlikleri ýa tebigy obýektlerini bilkastlaýyn ýok edene, ýykana ýa-da zaýalana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek, ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

VIII BÖLÜM. PARAHATÇYLYGA WE ADAMZADYŇ

HOWPSUZLYGYNA GARŞY JENAÝATLAR

 

21 BAP. PARAHATÇYLYGA WE ADAMZADYŇ HOWPSUZLYGYNA GARŞY JENAÝATLAR

 

167-nji madda. Urşy wagyz etmek

 

Urşy wagyz edene, ýagny, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmak ýa-da başga usul bilen basybalyjy urşuň alnyp barylmagyna çagyryşlar ýaýradana,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1671 madda. Agressiw urşy meýilleşdirmek, taýýarlamak, başlamak ýa-da alyp barmak

 

(1) Agressiw urşuň meýilleşdirilenligi ýa-da taýýarlanylanlygy üçin,

on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Agressiw urşuň başlanylanlygy ýa-da alnyp barlanlygy üçin,

on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1672 madda. Agressiw urşuň başlanylmagyny wagyz etmek we oňa açyk çagyryşlar

 

(1) Agressiw urşuň başlanylmagynyň wagyz edilenligi we oňa açyk çagyryşlaryň edilenligi üçin,

bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, elektron ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ulgamyny, şol sanda Internet toruny peýdalanmak bilen ýa-da jogapkärli ýagdaýy eýeleýän wezipeli adam tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1673 madda. Köpçülikleýin gyryş ýaragyny öndürmek, edinmek ýa-da satmak

 

Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda gadagan edilen ýadro, himiýa, biologik, şeýle hem köpçülikleýin gyryş ýaragynyň beýleki görnüşleriniň öndürilenligi, edinilenligi ýa-da satylanlygy üçin,

bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1674 madda. Urşy alyp barmagyň gadagan edilen serişdelerini we usullaryny ulanmak

 

(1) Harby ýesirlere ýa-da raýat ilatyna ýowuz çemeleşilenligi, raýat ilatynyň ýurdundan kowulyp çykarylanlygy, basylyp alnan çäkde milli emlägiň ýok edilenligi ýa-da talanylanlygy, ýaragly çaknyşykda Türkmenistanyň halkara şertnamasynda gadagan edilen serişdeleriň we usullaryň ulanylanlygy üçin,

on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Türkmenistanyň halkara şertnamasynda gadagan edilen köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ulanylanlygy üçin,

on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1675 madda. Urşuň kanunlaryny we adatlaryny bozmak

 

(1) Ýaragyny tabşyran ýa-da gorag serişdeleri bolmadyk adamlaryň, ýaralananlaryň, kesellileriň, gämi heläkçiliginde jebir çekenleriň, lukmançylyk işgärleriniň, sanitar işgärleriň, dini wekilleriň, harby ýesirleriň, basylyp alnan çägiň ýa-da harby hereketleriň geçirilýän ýerleriň raýat ilatynyň, harby hereketler döwründe halkara goragyndan peýdalanýan gaýry adamlaryň garşydaşyň ýaragly güýçlerinde gulluga ýa-da göçmäge mejbur edilenligi ýa-da olaryň garaşsyz we adyl kazyýete bolan hukugyndan mahrum edilenligi ýa-da bu adamlaryň jenaýat kazyýet önümçiliginde goraga bolan hukugynyň çäklendirilenligi üçin,

üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň saglygyna agyr şikes ýetirilenligi ýa-da horlananlygy ýa-da olarda lukmançylyk, biologik we beýleki synaglaryň geçirilenligi ýa-da olaryň goşunlara ýa-da desgalara harby hereketlerden gorag üçin peýdalanylanlygy ýa-da şeýle adamlaryň girew hökmünde basylyp alnanlygy we saklananlygy ýa-da raýat ilatynyň mejbury işlere kowulanlygy üçin,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň bilkastlaýyn öldürilenligi üçin,

on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1676 madda. Ýaragly çaknyşyklar döwründe halkara ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň jenaýatçylykly bozulmalary

 

Ýaragly çaknyşyklar döwründe halkara ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň şu jenaýatçylykly bozulmalary üçin, ýagny:

1) urşy alyp barmagyň hetdenaşa şikes ýetirýän ýa-da saýlawsyz hereketi bolan hasap edilip bilinjek serişdeleriniň we usullarynyň ulanylmagy;

2) tebigy gurşawa giňişleýin, uzak wagtlaýyn we düýpli zyýanyň bilkastlaýyn ýetirilmegi;

3) gorag maksatly Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý tapawutlandyryş nyşanlary bolan işgärlere, gurluşlara, gurallara, ulag düzümlerine we ulag serişdelerine hüjüm edilmegi;

4) harby hereketleri alyp barmagyň usuly hökmünde raýat ilatynyň arasyndaky açlygyň peýdalanylmagy;

5) on bäş ýaşyna ýetmedik adamlaryň ýaragly güýçlere yrylmagy ýa-da olara harby hereketlere gatnaşmaga rugsat edilmegi;

6) on sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň döwletiň ýaragly güýçlerinden tapawutly ýaragly toparlara yrylmagy ýa-da olaryň bu ýaragly toparlaryň düzüminde harby hereketlerde peýdalanylmagy;

7) harby zerurlyk bolmazdan emlägiň özbaşdak we uly möçberde geçirilip, ýumrulmagy ýa-da eýelenilmegi;

8) goralmaýan ýerleriň we harbylaşdyrylmadyk zolaklaryň hüjüm obýektine öwrülmegi;

9) gorag astynda bolan medeni gymmatlyklaryň hüjüm obýektine öwrülmegi ýa-da ýok edilmegi ýa-da uly möçberde ogurlanmagy, şonuň ýaly-da harby zerurlyk bolmazdan bu gymmatlyklar babatda wandalçylyk hereketleriň edilmegi;

10) harby zerurlyk bolmazdan berk gorag astynda bolan medeni gymmatlyklaryň ýa-da olara gös-göni ýanaşyk ýerleriň harby hereketleri goldamak üçin peýdalanylmagy, şonuň ýaly-da bu gymmatlyklaryň ýa-da olara gös-göni ýanaşyk ýerleriň hüjüm obýektine öwrülmegi;

11) söweş meýdanynda galdyrylan ýaralananlary we ölenleri çykarmak, çalyşmak ýa-da daşamak maksady bilen baglaşylýan ýaraşyk, harby hereketleri bes etmek ýa-da togtatmak barada ylalaşyklaryň ýa-da ýerli ylalaşyklaryň bozulmagy;

12) raýat ilatyna ýa-da aýry-aýry adamlara hüjüm edilmegi;

13) hüjüm edilmeginiň raýat ilatynyň arasynda hetdenaşa ýitgilere getirjekligi ýa-da raýat obýektlerine hetdenaşa zyýan ýetirjekligi görnetin belli bolsa-da, raýat ilatyna ýa-da raýat obýektlerine täsiri degýän saýlamasyz häsiýetli hüjümiň edilmegi;

14) hüjüm edilmeginiň raýat ilatynyň arasynda hetdenaşa ýitgilere getirjekligi ýa-da raýat obýektlerine hetdenaşa zyýan ýetirjekligi görnetin belli bolsa-da, howply güýçleri özünde saklaýan obýektlere hüjüm edilmegi;

15) gös-göni harby hereketlere gatnaşmagyny bes edenligi günäkäre görnetin mälim bolan adama hüjüm edilmegi;

16) öz raýat ilatynyň böleginiň basylyp alnan çäge göçürilmegi;

17) harby ýesirleriň we raýat ilatynyň ýurtlaryna gaýtarylmagynyň esassyz saklanylmagy;

18) urşy alyp barmagyň Türkmenistanyň halkara şertnamasynda gadagan edilen gaýry serişdeleriniň we usullarynyň ýaragly çaknyşykda ulanylmagy,

on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1677 madda. Ýaragly çaknyşyk döwründe hereketsizlik ýa-da jenaýatçylykly buýruk berilmegi

 

(1) Ýaragly çaknyşyk döwründe başlygyň ýa-da wezipeli adamyň tabynlygyndakylar tarapyndan şu Kodeksiň 1674-nji maddasynyň ikinji böleginde, 1675-nji we 1676-njy maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň taýýarlanylmagyny duýdurmak ýa-da olaryň edilmeginiň öňüni almak üçin ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ähli mümkin bolan çäreleri bilkastlaýyn kabul etmänligi üçin,

ýedi ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Ýaragly çaknyşyk döwründe başlyk ýa-da wezipeli adam tarapyndan tabynlygyndakylara hiç kimi diri galdyrmazlyga ýa-da şu maddanyň birinji böleginde görkezilen jenaýatlaryň edilmegine gönükdirilen görnetin jenaýatçylykly gaýry buýrugyň ýa-da görkezmäniň berlenligi üçin,

on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1678 madda. Halkara şertnamalar arkaly goralýan nyşanlardan bikanun peýdalanylmagy

 

Harby hereketler döwründe halkara şertnamalarynyň talaplaryna garamazdan Gyzyl Hajyň, Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlaryndan ýa-da medeni gymmatlyklaryň gorag nyşanlaryndan ýa-da halkara hukugy tarapyndan goralýan gaýry nyşanlardan bilkastlaýyn peýdalanylanlygy ýa-da bitarap döwletiň döwlet baýdagyndan ýa-da halkara guramalarynyň baýdagyndan ýa-da nyşanlaryndan peýdalanylanlygy üçin,

bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.».

(Kodekse 1671, 1672, 1673, 1674, 1675, 1676, 1677, 1678 maddalary goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4,144-nji madda)

 

168 madda. Genosid

 

(1) Genosid, ýagny adamlaryň haýsydyr bir milli, etniki, jynsy ýa-da dini toparyny onuň agzalaryny öldürmek, olaryň saglygyna agyr şikes ýetirmek, zorlukly göçürmek, çaga dogulmagyny zorluk bilen kemeltmek, çagalaryny mejbury berdirmek ýa-da şeýle toparyň fiziki taýdan doly ýa-da kem-käsleýin ýok edilmegine niýetlenen gaýry ýaşaýyş şertlerini döretmek ýoly bilen doly ýa-da kem-käsleýin ýok etmäge gönükdirilen bilkastlaýyn etmişler üçin,

on bäş ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar harby döwürde edilse,

on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4,144-nji madda)

 

1681 madda. Ekosid

 

Ösümlik ýa-da haýwanat dünýäsiniň köpçülikleýin gyrylmagy, atmosferanyň, ýer ýa-da suw serişdeleriniň zäherlenilenligi, şeýle hem ekologik heläkçiligine getiren ýa-da getirip biljek gaýry hereketleriň edilenligi üçin

üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(Kodekse 1681 maddany goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., №4 144-nji madda)

 

169 madda. Hakyna tutma

 

(1) Hakyna tutulanyň toplanylanlygy, okadylanlygy, maliýeleşdirilenligi ýa-da onuň başgaça maddy taýdan üpjün edilenligi, şonuň ýaly-da hakyna tutulanyň ýaragly çaknyşykda ýa-da başga harby hereketlerde ýa-da döwletiň konstitusion gurluşyny ýa-da çäk bitewiligini zorlukly üýtgedilmegine gönükdirilen zorlukly hereketlerde peýdalanylanlygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar kämillik ýaşyna ýetmedik babatda ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, ýedi ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Hakyna tutulanyň ýaragly çaknyşyga ýa-da başga harby hereketlere ýa-da döwletiň konstitusion gurluşynyň ýa-da çäk bitewiliginiň zorlukly üýtgedilmegine gönükdirilen başga zorlukly hereketlere gatnaşanlygy üçin,

ýedi ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan etmişler adamlaryň heläk bolmagyna ýa-da gaýry agyr netijelere getiren bolsa,  

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

Ýaragly çaknyşyklara ýa-da harby hereketlere gatnaşýan döwletiň raýaty bolup durmaýan, onuň çäklerinde hemişelik ýaşamaýan we ol döwlet tarapyndan resmi borçlary ýerine ýetirmek üçin ygtyýarly edilmedik we maddy sylag almak maksady bilen hereket edýän adam hakyna tutulan diýlip hasap edilýär.».

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __, ___-nji madda)

 

1691 madda. Hakyna tutmaga çagyryşlary etmek, hakyna tutulanlary taýýarlamak üçin ýöriteleşdirilen ýerleri döretmek

 

(1) Hakyna tutmaga çagyryşlaryň edilmegi, eger olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, elektron ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ulgamyny, şol sanda Internet toruny peýdalanmak bilen ýa-da wezipeli adam tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Görnetin hakyna tutulanlary taýýarlamaga niýetlenen ýöriteleşdirilen ýerleriň döredilenligi ýa-da görnetin şeýle maksatlar üçin jaýlaryň ýa-da ýer bölekleriniň berlenligi, şeýle maksatlar üçin Internet hyzmatlarynyň edilenligi üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1692 madda. Daşary ýurtlarda harby çaknyşyklara ýa-da harby hereketlere gatnaşmak

 

Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurtlarda harby çaknyşyklara ýa-da harby hereketlere gatnaşanlygy üçin, eger şunda şu Kodeksiň 169-njy maddasynda göz öňünde tutulan jenaýatyň alamatlary bolmasa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(Kodekse 1691,1692 maddalary goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __,___-nji madda)

 

170-nji madda. Halkara goragyndan peýdalanýan adamlara çozuş etmek

 

(1) Halkara goragyndan peýdalanýan daşary ýurt döwletiniň wekiline ýa-da halkara guramasynyň işgärine, şeýle hem halkara goragyndan peýdalanýan adamlaryň gulluk ýa-da ýaşaýan jaýlaryna ýa-da ulag serişdesine çozuş edene, eger bu hereketler uruş öjükdirmesi ýa-da halkara gatnaşyklaryny çylşyrymlaşdyrmak maksady bilen edilse, munuň üçin,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,

on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jesazy berilýär.

 

IX BÖLÜM. DÖWLETE GARŞY JENAÝATLAR

 

22 BAP. DÖWLETIŇ KONSTITUSION GURLUŞYNYŇ

ESASLARYNA WE HOWPSUZLYGYNA GARŞY JENAÝATLAR

 

171 madda. Döwlete dönüklik etmek

 

(1) Döwlete dönüklik edilenligi, ýagny Türkmenistanyň raýaty tarapyndan bilkastlaýyn harby çaknyşyk döwründe duşmanyň tarapyna geçilenligi, şonuň ýaly-da içalylyk edilenligi, daşary ýurt döwletine, halkara we daşary ýurt guramalaryna ýa-da olaryň wekillerine Türkmenistanyň milli bähbitlerine garşy gönükdirilen duşmançylykly işi geçirmek üçin döwlet syrlarynyň berlenligi ýa-da gaýry kömek edilenligi üçin,

on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar harby döwürde edilen bolsa,

on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

Eger şu maddada, şeýle hem şu Kodeksiň 172-nji we 1741-nji maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlary eden adam bu barada meýletin we öz wagtynda döwlet edaralaryna habar bermek ýa-da gaýry usul bilen Türkmenistanyň bähbitlerine zyýan ýetirilmeginiň öňüniň alynmagyna ýardam eden bolsa we onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, onda ol jenaýat jigapkärçiliginden boşadylýar.».

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __, ___-nji madda)

 

172 madda. Içalylyk

 

Döwlet syryny düzýän maglumatlaryň daşary ýurt döwletine, halkara we daşary ýurt guramasyna ýa-da olaryň wekillerine berilmegi, şonuň ýaly-da bermek maksady bilen olaryň toplanylmagy, ogurlanylmagy ýa-da saklanylmagy, şeýle hem maglumatlaryň Türkmenistanyň milli bähbitleriniň zyýanyna peýdalanylmagy üçin olaryň daşary ýurt razwedkasynyň tabşyrygy boýunça berilmegi ýa-da toplanylmagy, eger bu etmişler daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam tarapyndan edilen bolsa,  

on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __, ___-nji madda)

 

173 madda. Ýykgynçylyk

 

(1) Türkmenistanyň howpsuzlygyny we goranmak ukybyny opurmak maksady bilen adamlaryň köpçülikleýin ýok edilmegine, olaryň saglygyna zyýan ýetirilmegine, kärhanalaryň, desgalaryň, gatnaw ýollarynyň we serişdeleriniň, aragatnaşyk serişdeleriniň, ilatyň ýaşaýyş üpjünçilik desgalarynyň ýumrulmagyna ýa-da zaýalanmagyna gönükdirilen partlamanyň, otlamanyň ýa-da gaýry hereketleriň edilenligi, şonuň ýaly-da şol maksatlar bilen köpçülikleýin zäherlemeleriň edilenligi ýa-da epidemiýalaryň we epizootiýalaryň ýaýradylanlygy üçin,

sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar adamlaryň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getiren bolsa,

on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __, ___-nji madda)

 

174-nji madda. Häkimiýeti basyp almak maksady bilen dildüwşük etmek

 

(1) Häkimiýeti zorlukly basyp almak we (ýa-da) konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmek maksady bilen dildüwşük edene,

sekiz ýyldan on bäş ýyla çelli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getirse,

on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1741 madda. Döwlet häkimiýetini basyp almak ýa-da eýelemek

 

(1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny bozmak arkaly döwlet häkimiýetini basyp almaga, eýelemäge ýa-da saklamaga, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny zorlukly üýtgetmäge gönükdirilen hereketler üçin,

on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Daşary ýurt döwletiniň, halkara ýa-da daşary ýurt guramasynyň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň ygtyýarly edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklarynyň amala aşyrylanlygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Kodekse 1741 maddany goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __,___-nji madda)

 

175-nji madda. Konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmäge bolan çagyryşlar

 

(1) Häkimýeti zorlukly basyp almaga we (ýa-da) konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmäge bolan köpçülikleýin çagyryşlary edene,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş gaýtadan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerini peýdalanmak bilen edilse,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum  etmek jezasy berilýär.

 

1751 madda. Ýaragly gozgalaň etmek

 

Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny agdarmak ýa-da zorlukly üýtgetmek ýa-da Türkmenistanyň unitarlygyny, çäk bitewiligini, onuň eldegrilmesizligini we mizemezligini bozmak maksatlary bilen ýaragly gozgalaň edilmeginiň guralanlygy ýa-da oňa gatnaşylanlygy üçin,

on iki ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1752 madda. Ekstremistik hereketleri etmäge açyk çagyryşlar

 

(1) Ekstremistik hereketleri etmäge açyk çagyryşlaryň edilenligi ýa-da görnetin ekstremistik materiallaryň köpçülikleýin ýaýradylanlygy, şonuň ýaly-da olaryň köpçülikleýin ýaýratmak maksady bilen taýýarlanylanlygy ýa-da saklanylanlygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, elektron ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ulgamyny, şol sanda Internet toruny peýdalanmak bilen edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Ekstremistik materiallaryň metbugatda, şol sanda beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen, şol sanda Internet torunda çap edilmegine ýa-da ýaýradylmagyna rugsat berlenligi üçün,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.».

 

1753 madda. Türkmenistanyň çäk bitewiligini bozmaga gönükdirilen hereketler

 

(1) Türkmenistanyň çäk bitewiligini, onuň eldegrilmesizligini we mizemezligini bozmaga ýa-da döwletiň düzüm böleklere bölünmegine gönükdirilen hereketleriň wagyz edilenligi ýa-da olary etmäge açyk çagyryşlaryň edilenligi, şonuň ýaly-da şeýle mazmunly materiallaryň ýaýratmak maksady bilen taýýarlananlygy, saklananlygy ýa-da ýaýradylanlygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, elektron ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ulgamyny, şol sanda Internet toruny peýdalanmak bilen ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam, jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Türkmenistanyň çäk bitewiligini, onuň eldegrilmesizligini we mizemezligini bozmaga ýa-da döwletiň düzüm böleklere bölünmegine gönükdirilen hereketleriň edilenligi üçin,

on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(Kodekse 1751, 1752, 1753 maddalary goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __,___-nji madda)

 

176-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentine kast etmek

 

(1) Türkmenistanyň Prezidentiniň janyna we saglygyna kast edene,

on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Türkmenistanyň Prezidenti babatda kemsidene ýa-da töhmet atana,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

177-nji madda Durmuş, milli ýa-da dini duşmançylygy döretmek

 

(1) Durmuş, milli, etniki, jyns ýa-da dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy döretmäge, milli mertebäni kemsitmäge gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri edene, şeýle hem raýatlaryň dine garaýşyna, durmuş, milli, etniki ýa-da jynsy degişliliginiň alamatlary boýunça olaryň aýratyn ýa-da doly bahaly däldigini wagyz edene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler köpçülikleýiň habar beriş serişdeleni peýdalanmak bilen edilse,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyldan dört ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler fiziki zorluk ulanyp ýa-da ony ulanmak howpuny salyp edilse, şeýle hem guramaçylykly topar tarapyndan edilse,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1771 madda. Ekstremistik guramanyň döredilmegi

 

(1) Ekstremistik guramanyň döredilenligi, şonuň ýaly-da özleri babatda olary ekstremistik diýip ykrar etmek hakynda kazyýet tarapyndan kabul edilen we kanuny güýje giren çözgüt bolan şeýle guramanyň ýa-da onuň bir böleginiň işiniň guralanlygy ýa-da olara ýolbaşçylyk edilenligi üçin,  

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Adamyň ekstremistik guramanyň işine çekilenligi, şonuň ýaly-da ekstremistik guramanyň işine gatnaşylanlygy ýa-da onuň nyşanlarynyň açyk görkezilenligi üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar kämillik ýaşyna ýetmedik adamy çekmek arkaly ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

Ekstremistik guramanyň işine gatnaşmagy meýletin bes eden adam, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

 

1772 madda. Ekstremizmi maliýeleşdirmek

 

(1) Ekstremistik hereketleriň guralmagyny, taýýarlanmagyny ýa-da edilmegini maliýeleşdirmek, şonuň ýaly-da ekstremistik guramanyň işini üpjün etmek üçin görnetin niýetlenilen serişdeleriň berlenligi, ýygnalanlygy ýa-da maliýe hyzmatlarynyň edilenligi ýa-da gaýry, şol sanda okatmak we maddy-enjamlaýyn kömegini, aragatnaşygyň telefon we gaýry görnüşlerini bermek ýa-da maglumatlaýyn hyzmatlary etmek arkaly ýardam edilenligi üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da uly möçberde edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty eden adam, eger ol öz wagtynda döwlet häkimiýet edaralaryna habar bermek arkaly ýa-da başga ýol bilen ekstremistik hereketleriň, şonuň ýaly-da ekstremistik guramanyň işiniň öňüniň alynmagyna ýardam eden bolsa, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(Kodekse 1771, 1772 maddalary goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __,__-nji madda)

 

178-nji madda. Döwlet nyşanlarynyň hormatyny gaçyrmak

 

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň (gerbiniň) ýa-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň (gimniniň) hormatyny gaçyrana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

179 madda. Döwlet syrlaryny bikanun ýol bilen almak, aýan etmek we ýaýratmak

 

(1) Şu Kodeksiň 171 (döwlete dönüklik etmek) we 172 (içalylyk) maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň alamatlary bolmazdan resminamalary ogurlamak, döwlet syryna ygtyýary bolan adama ýa-da onuň ýakyn adamlaryna bermit bermek ýa-da olary gorkuzmak, aragatnaşyk serişdelerinden gerekli maglumatlary tutmak, kompýuter ulgamyna ýa-da toruna bikanun girmek, ýörite tehniki serişdeleri peýdalanmak ýa-da başga bikanun usullar arkaly döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary toplana, şonuň ýaly-da bikanun toplanan döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary ýaýradana,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Düzüminde döwlet syry bolan maglumatlar gulluk ýa-da iş boýunça özüne ynanylan ýa-da mälim bolan adam tarapyndan şeýle maglumatlaryň aýan edilmegi, eger şunda şu Kodeksiň 171 (döwlete dönüklik etmek) maddasynda göz öňünde tutulan jenaýatyň alamatlary bolmasa,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleriň edilmegi bilen düzüminde gulluk syry bolan maglumatlaryň aýan edilmegi, eger olar agyr netijelere getiren bolsa,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 77-nji madda)

 

180 madda. Döwlet syrlary bolan resminamalaryň, zatlaryň ýitirilmegi

 

(1) Gulluk ýa-da iş boýunça özüne ynanylan döwlet syry bolan resminamalary ýa-da kompýuter maglumatlaryny, şonuň ýaly-da döwlet syry bolup durýan maglumatly zatlary ýitiren adama, eger-de şol görkezilen resminamalar, kompýuter maglumatlary ýa-da zatlar saklamagyň bellenilen kadalarynyň bozulmagynda ýitirilen bolsa,

iki ýyla çenli düzediş  işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş  işlerinde işletmek ýa-da dört ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleriň edilmegi bilen düzüminde gulluk syry bolan maglumatlaryň ýitirilmegi, eger olar agyr netijelere getiren bolsa,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bir ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli düzediş  işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 77-nji madda)

 

X BÖLUM. DÖWLET HÄKIMIÝETI WE DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ HEREKET ETMEGINIŇ

TERTIBINE GARŞY JENAÝATLAR

 

23 BAP. DÖWLET GULLUGYNYŇ BÄHBITLERINE

GARŞY JENAÝATLAR

 

181-nji madda. Wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanmak

 

(1) Wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanana, ýagny, wezipeli adam tarapyndan gulluk bähbitleriniň garşysyna öz gulluk ygtyýarlaryny hyýanatly peýdalanana, eger bu etmiş betnebislikli ýa-da gaýry şahsy bähbitden edilse we raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getirse,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň otuzysyndan ýetmişisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş agyr netijelere getirse,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça  aýlyk möçberiniň ýetmişisinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete  belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

1.Şu babyň maddalarynda wezipeli adamlar diýlip hemişelik, wagtlaýyn ýa-da ýörite ygtyýarlylyk boýunça häkimiýet wekilleriniň wezipelerini amala aşyrýan, şonuň ýaly-da döwlet edaralarynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, döwlet kärhanalarynda, edaralarynda ýa-da guramalarynda, şeýle hem Ýaragly Güýçlerde, beýleki goşunlarda we harby birikmelerde guramaçylyk-serenjam berijilik, administratiw-hojalyk ýa-da gözegçilik-derňew ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýän adamlar hasap edilýär.

2. Korrupsiýa bilen bagly jenaýatlar diýlip pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak maksady bilen edilen şu Kodeksiň 181-nji, 184–187-nji maddalarynda, 228-nji maddasynyň üçünji böleginiň «ç» bendinde, 229-njy maddasynyň ikinji böleginiň «ç» bendinde hem-de onuň bilen baglylykda şu maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde, 242-nji maddasynyň ikinji böleginiň «ç» bendinde we onuň bilen baglylykda şu maddanyň üçünji böleginde, 245-nji maddasynyň «ç» bendinde, 254-nji maddasynyň ikinji we dördünji bölekleriniň «ç» bentlerinde we 358-nji maddasynda görkezilen jenaýatlar hasap edilýär.

3. Şu Kodeksde döwlet gullukçysy diýlip döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan adam hasap edilýär. Döwlet edaralarynda işläp we şol edaralara tehniki taýdan hyzmat edýän ýa-da kömekçi wezipeleri ýerine ýetirýän adamlar döwlet gullukçylarynyň hataryna girmeýär.

4. Şu Kodeksde döwlet gullukçysyna deňleşdirilen adam diýlip Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna, Geňeşlere saýlanan, saýlawly döwlet wezipelerine dalaşgär hökmünde bellige alnan raýatlar, şeýle hem esaslyk maýasynda döwletiň paýy ýigrimi bäş göterimden az bolmadyk kärhanalarda we guramalarda guramaçylyk-serenjam berijilik, administratiw-hojalyk ýa-da gözegçilik-derňew ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýän adamlar hasap edilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky we 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 77-nji madda; 2017 ý., № 2, 75-nji madda; № 3, ___-nji madda)

 

1811 madda. Kasama dönüklik etmek

 

(1) Döwlet wezipesini eýeleýän adamyň gulluk ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanmagy bilen resmi taýdan kabul eden kasamyna dönüklik etmegi, eger bu etmiş betnebislikli ýa-da gaýry şahsy bähbitden edilse we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň we döwletiň kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getirse,

bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş agyr netijelere getirse,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(Kodekse 1811 maddany goşmaly 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

1812 madda. Ýeriň bikanun berilmegi

 

(1) Wezipeli adam tarapyndan ýer böleginiň ýere eýeçilik hukugynyň bozulyp berilmegi, şol sanda döwlet eýeçiligindäki ýer bölekleriniň bellenilen tertipde resmileşdirmezden kärendä ýa-da peýdalanmaga berilmegi, eger bu etmişler betnebislikden ýa-da gaýry şahsy bähbitler bilen edilen bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek  jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş, eger ol:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan  mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

1812-nji madda aýrylan - 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

182-nji madda. Wezipe ygtyýarlarynyň çäginden çykmak

 

(1) Wezipe ygtyýarlarynyň çäginden çykana, ýagny, wezipeli adam öz gulluk ygtyýarlarynyň çäklerinden göz-görtele çykýan hereketleri eden bolsa we raýatlaryň, guramalaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ýa-da jemgyýetiň ýa-da döwletiň kanun boýunça goralýan bähbitleriniň, düýpli bozulmagyna getiren bolsa,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş  işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger:

a) jebir çekeniň şahsy  mertebesini kemsidýän hereketler bilen amala aşyrylsa;

b) fiziki zorlugy ulanmak bilen edilse;

ç) ýaragy ýa-da ýörite serişdeleri ulanmak bilen edilse;

d) agyr netijelere getirse,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

1821-nji madda. Gynamak

 

(1) Gynamak, ýagny wezipeli adam ýa-da resmi taýdan çykyş edýän başga adam tarapyndan ýa-da olaryň habarlydygy we rugsat bermegi ýa-da sessiz razylygy bilen haýsydyr bir adama ondan ýa-da üçünji adamdan maglumatlary almak ýa-da boýun almagyny gazanmak, onuň ýa-da üçünji adamyň eden ýa-da onuň etmegi güman edilýän hereketi üçin ony jezalandyrmak, şeýle hem ony ýa-da üçünji adamy gorkuzmak ýa-da mejbur etmek maksady bilen ýa-da islendik häsiýetli kemsitmä esaslanýan islendik sebäp boýunça bilkastlaýyn ýiti agyry ýetirilendigi ýa-da fiziki ýa-da ahlak taýdan ejir çekdirilendigi üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger:

a) aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler ýa-da maýyplygynyň alamatlary aç-açan bildirýän adamlar babatda edilse;

b) biçäre ýagdaýdadygy günäkäre görnetin bolup duran adam babatda ýa-da jebir çekeniň goragsyz ýagdaýdalygyndan peýdalanmak bilen edilse;

ç) iki ýa-da şondan-da köp adam babatda edilse;

d) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan köp adam ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilse;

e) adamyň öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şol adam ýa-da onuň ýakyn adamlary babatda edilse;

ä) ýaragy ýa-da ýörite serişdeleri (närseler, enjamlar, gurallar we beýlekiler) ulanmak bilen edilse;

f) uruş ýa-da uruş howpunyň abanýan, içerki syýasy durnuksyzlyk ýa-da beýleki islendik adatdan daşary ýa-da harby ýagdaý şertlerinde edilse,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlyk boýunça jebir çekeniň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getirse,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

Kanuny hereketleriň netijesinde (zerur goranyş we beýlekiler) ýiti agyry ýetirilendigi ýa-da fiziki we ahlak taýdan ejir çekdirilendigi üçin adam jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinmez.

Kodekse 1821–nji maddany goşmaly 2012–nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizildi - (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 66-njy madda)

 

183-nji madda. Wezipeli adamyň ygtyýarlyklaryny eýelemek

 

Wezipeli adam bolmadyk döwlet gullukçysy wezipeli adamyň ygtyýarlyklaryny eýelese we ol bu ygtyýarlyklary peýdalanmak bilen, raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren hereketleri üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

184-nji madda. Para almak

 

(1) Para berýäniň ýa-da oňa wekilçilik edýänleriň peýdasyna iş bitirendigi (bitirmänligi) sebäpli wezipeli adamyň hut özüniň ýa-da arada durýan adamyň üsti bilen pul, gymmatly kagyzlar, başga emläk görnüşinde para alandygy ýa-da emläk häsiýetli peýda görendigi üçin, eger şeýle işi bitirmek (bitirmezlik) wezipeli adamyň gulluk ygtyýarlyklaryna girýän bolsa ýa-da gulluk ýagdaýynyň mümkinçiligi şol işi bitirmäge (bitirmezlige) täsirini ýetirip bilýän derejede bolsa,

üç ýyla çenli  belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete belle bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger:

a) gaýtadan edilse;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse;

ç) jogapkärli ýagdaýy eýeleýän wezipeli adam tarapyndan edilse;

d) gorkuzyp almak bilen para alynsa;

e) uly möçberde bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş, eger ol:

a) aýratyn uly möçberde;

b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik:

1. Uly möçberdäki para diýlip zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden geçýän, aýratyn uly möçberde para diýlip bolsa zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüzüsinden geçýän puluň möçberi, gymmatly kagyzlaryň, gaýry emlägiň ýa-da emläk häsiýetli peýdanyň gymmaty hasap edilýär.

2. Şu Kodeksiň 184, 185 we 186 maddalarynda gaýtadan diýlip şu maddalarda göz öňünde tutulan jenaýatlardan birini ýa-da köpüsini öň eden bolsa hasap edilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky we 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda; 2017 ý., № 2, 75-nji madda; № 3,___-nji madda)

 

185-nji madda. Para bermek

 

(1) Özi ýa-da arada duran adamyň üsti bilen wezipeli adama para berene,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişi gaýtadan edene,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Eger para beren adam babatynda parany gorkuzyp almak bar bolsa ýa-da eger bu adam para bermek hakynda jenaýat işini gozgamaga hukugy bolan edara meýletin habar berse, para beren adam jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № ___,___-nji madda)

 

 

186-njy madda. Para almak-bermekde arada durmak (dellalçylyk)

 

(1) Para almakda ýa-da bermekde arada durana,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş gaýtadan ýa-da wezipeli adam tarapyndan edilse,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Para almakda ýa-da bermekde dellalçylygy ýerine ýetirýän adam, eger para almak-bermekde arada durmak hakynda jenaýat işini gozgamaga hukugy bolan edara ýa-da wezipeli adama meýletin habar berse, ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № ___,___-nji madda)

 

187-nji madda. Gulluk galplygy

 

Gulluk galplygy, ýagny, wezipeli adam, şeýle hem wezipeli adam bolmadyk döwlet gullukçysy tarapyndan resmi resminamalara göz-görtele ýalan maglumatlaryň girizilmegi, şeýle hem görkezilen resminamalara olaryň hakyky mazmunyny ýoýan düzedişleriň girizilmegi üçin, eger bu etmişler betnebislikden ýa-da gaýry şahsy bähbitden edilse, munuň üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň otuzysyndan ýetmişisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № ___,___-nji madda)

 

188-nji madda. Sowuk-salalyk

 

(1) Sowuk-salalyk edene, ýagny, wezipeli adamyň öz işine harsal ýa-da geleňsizlik bilen garamagy netijesinde ony ýerine ýetirmänligi ýa-da ýerine ýetirişiniň degişli suratda bolmanlygy üçin, eger munuň özi raýatlaryň, guramalaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ýa-da jemgyýetiň ýa-da döwletiň kanun tarapyndan goralýan  bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren bolsa, munuň üçin,

bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edilýär ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş seresapsyzlyk boýunça adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça  aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

24 BAP. ADYL KAZYÝETLIGE GARŞY JENAÝATLAR

 

189-njy madda. Adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagyna we deslapky derňewiň önümçiligine päsgel bermek

 

(1) Adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagyna päsgel bermek maksady bilen kazyýetiň işine haýsy-da bolsa bir görnüşde gatyşana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Işiň hemmetaraplaýyn, doly we obýektiw derňelmegine päsgel bermek maksady bilen prokuroryň, sülçiniň ýa-da anyklaýşy geçirýän adamyň işine haýsy-da bolsa bir görnüşde gatyşana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler öz gulluk ýagdaýyndan peýdalanan adam tarapyndan edilse,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

190-njy madda. Adyl kazyýetligi ýa-da deslapky derňewi amala aşyrýan adam babatynda haýbat atmak ýa-da zorlukly hereketler

 

(1) Kazyýetde işlere ýa-da materiallara garamak ýa-da deslapky derňew ýa-da anyklaýyş geçirmek bilen baglanyşykly kazy, kazyýet oturdaşy, prokuror, sülçi, anyklaýyş geçirýän adam, adwokat, bilermen, şeýle hem olaryň ýakyn adamlary babatda öldürmek, saglygyna zyýan ýetirmek, emlägini ýok etmek ýa-da zaýalamak haýbatyny atana,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Kazyýetde işlere ýa-da materiallara garalmagy ýa-da deslapky derňew ýa-da anyklaýyş geçirmek bilen baglanyşykly şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň  jany ýa-da saglygy üçin howp bolmadyk zorlugy ulanana,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Kazyýetde işlere ýa-da materiallara garalmagy ýa-da deslapky derňew ýa-da anyklaýyş geçirmek bilen baglanyşykly şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanana,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

191-nji madda. Kazyýeti äsgermezlik etmek

 

(1) Kazyýet seljerişine gatnaşyjylary masgaralap, kazyýeti äsgermezlik edene, ýa-da başlyklyk ediji kazynyň buýrugyna boýun egmezlik edene, eger munuň özi kazyýet mejlisiniň bozulmagyna eltse,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça kazynyň ýa-da kazyýet oturdaşynyň işi bilen baglanyşykly olary masgaralap edilse, munuň üçin,

 zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň on bäşisinden otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

192-nji madda. Kazy, kazyýet oturdaşy, prokuror, sülçi ýa-da anyklaýyş geçirýän adam babatda töhmet atmak

 

(1) Adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça kazynyň ýa-da kazyýet oturdaşynyň işi bilen baglanyşykly olar babatda töhmet atana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş prokuror, sülçi ýa-da anyklaýyş geçirýän adam babatynda deslapky derňew ýa-da anyklaýyş geçirmek bilen baglanyşykly edilse, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň on bäşisinden otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler adama agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlar etmekde aýyplamak bilen birlikde edilen bolsa,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

193-nji madda. Görnetin bigünä adamy jenaýat jogapkärçiligine çekmek

 

(1) Görnetin bigünä adamy jenaýat jogapkärçiligine çekene,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlar etmekde aýyplamak bilen birlikde edilen bolsa,

üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

194-njimadda. Jenaýat jogapkärçiliginden bikanun boşatmak

 

Prokuror, sülçi ýa-da anyklaýyş geçirýän adam tarapyndan jenaýat etmekde güman edilýän ýa-da aýyplanýan adam jenaýat jogapkärçiliginden bikanun boşadylsa,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

195-nji madda. Bikanun tutup saklamak, tussag astyna almak ýa-da tussag astynda saklamak

 

(1) Görnetin bikanun tutup saklana,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edilýär ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Görnetin bikanun tussag astyna alana ýa-da tussag astynda saklana,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler agyr netijelere getirse,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

196-njy madda. Tussaglykdan ýa-da azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinden bikanun boşatmak

 

Tussaglykdan ýa-da azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinden görnetin bikanun boşadana, şeýle hem tussaglykdan ýa-da azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinden gaçmage ýardam edene,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

197-nji madda. Görkezme bermäge mejbur etmek

 

(1) Prokuror, sülçi ýa-da anyklaýyş geçirýän adam tarapyndan gorkuzmak, ýalan haýbat ýa-da gaýry bikanun hereketleri ulanmak arkaly güman edilýäniň, aýyplanýanyň, jebir çekeniň, şaýadyň görkezme bermäge ýa-da bilermeniň netije bermäge mejbur edilendigi üçin,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş şahsyýet babatda zorlugy ulanmak ýa-da oňa azar bermek bilen edilen bolsa,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

198-nji madda. Görnetin adyl kazyýetligi bolmadyk hökümi, çözgüdi, kesgitnamany ýa-da karary çykarmak

 

(1) Kazy (kazylar) tarapyndan görnetin adyl kazyýetligi bolmadyk hökümiň, çözgüdiň, kesgitnamanyň ýa-da kararyň çykarylandygy üçin,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş kazyýetiň azatlykdan mahrum etmek barada bikanun höküm çykarmagy bilen baglanyşykly bolsa ýa-da agyr netijelere getirse,

üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

199-njy madda. Para ýa-da täjirçilige bermit bermek öjükdirmesi

 

Jenaýaty etmegiň ýa-da ýalan haýbatyň subutnamalaryny emeli usulda döretmek maksady bilen para ýa-da täjirçilige bermit bermek öjükdirmesi, meçew berene, ýagny, wezipeli adama ýa-da täjirçilik ýa-da gaýry guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adama, onuň razylygy bolmazdan, pullary, gymmatly kagyzlary, gaýry emlägi bermek ýa-da oňa emläk häsiýetindäki hyzmatlary bitirmek synanyşygyny edene,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

200-nji madda. Görnetin ýalan şugullamak

 

(1) Jenaýat edilendigi hakynda görnetin ýalan şugullana,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereket adamy agyr, aýratyn agyr ýa-da korrupsiýa bilen bagly jenaýatlary etmekde aýyplamak bilen ýa-da aýyplamak üçin emeli subutnamalary döretmek bilen birlikde edilen bolsa, şeýle hem betnebislik maksady bilen edilen bolsa,

iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda, 2014 ý., № 2, 77-nji madda)

 

201-nji madda. Görnetin ýalan görkezme bermek, bilermen netijesini çykarmak ýa-da nädogry terjime etmek

 

(1) Anyklaýyş ýa-da deslapky derňew geçirilýän mahalynda ýa-da kazyýetde şaýat ýa-da jebir çeken görnetin ýalan görkezme berse ýa-da bilermen görnetin ýalan netije çykarsa, şeýle hem şonuň ýaly halatlarda terjimeçi görnetin nädogry terjime etse,

bir ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler adamy agyr, aýratyn agyr ýa-da korrupsiýa bilen bagly jenaýatlary etmekde aýyplamak bilen ýa-da aýyplamak üçin emeli subutnamalary döretmek bilen, şeýle hem bet maksat bilen edilen bolsa,

iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndakyrkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № ___,___-nji madda)

 

202-nji madda. Şaýadyň ýa-da jebir çekeniň görkezme bermekden boýun gaçyrmagy

 

Şaýat ýa-da jebir çeken görkezme bermekden boýun gaçyrsa, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

Bellik.

Özüniň ýa-da öz ýakyn garyndaşlarynyň garşysyna görkezme bermekden boýun gaçyran adam jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinmez.

 

203-nji madda. Bermit bermek ýa-da galp görkezme bermäge ýa-da galp netije çykarmaga ýa-da nädogry  terjime etmäge mejbur etmek

 

(1) Şübhelenilýäni, aýyplanýany, şaýady, jebir çekeni galp görkezmeler berdirmek maksady bilen ýa-da bilermeni galp netije çykartmak ýa-da galp görkezme berdirmek maksady bilen, şeýle hem terjimeçini nädogry terjime etdirmek maksady bilen olara bermit berilmegi, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şübhelenilýäni, aýyplanýany, şaýady, jebir çekeni haýbat atmak, öldürmek howpuny salmak, şol adamlaryň ýa-da olaryň ýakyn adamlarynyň saglygyna zyýan ýetirmek, emlägini ýok etmek ýa-da zaýalamak howpy astynda galp görkeziş bermäge, bilermeni galp netije çykarmaga ýa-da terjimeçini nädogry terjime etmäge mejbur edene,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Görkezilen adamlaryň jany we saglygy üçin howply bolmadyk zorluk etmek arkaly amala aşyrylan şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş edene,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Görkezilen adamlaryň jany we saglygy üçin howply bolan zorluk etmek, şonuň ýaly-da korrupsiýa bilen bagly jenaýat etmekde aýyplamak arkaly amala aşyrylan şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş edene,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 77-nji madda)

 

204-nji madda. Deslapky derňewiň ýa-da anyklaýşyň maglumatlaryny aýan etmek

 

(1) Deslapky derňewiň ýa-da anyklaýşyň maglumatlaryny aýan etmegiň mümkin däldigi hakynda bellenilen tertipde duýdurylan adam tarapyndan, eger şol prokurordan, sülçüden ýa-da anyklaýyş  geçirýän adamdan birugsat aýan edilse,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlet bilen düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şeýle hereket agyr netijelere getiren bolsa,

bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

205 madda. Gulluk maglumatlarynyň aýan edilmegi

 

(1) Gullugy boýunça özlerine ynanylan ýa-da jenaýatyň ýüze çykmagy, jenaýatyň öňüniň alynmagy ýa-da edilen jenaýatyň derňelýän mahaly özlerine mälim bolan maglumatlary jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaralaryň işgäri tarapyndan aýan edilendigi üçin,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edilýär ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar.

(2) Şonuň ýaly hereket, eger ol betnebislik ýa-da başga bir  şahsy bähbitlerden ugur alnyp edilen bolsa,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler agyr netijelere getiren bolsa,

iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2,  77-nji madda)

 

206-njy madda. Ýazgy geçirme (opis) ýa-da gozgamasyz edilen ýa-da muzdsuz alynmaga degişli emläk babatynda bikanun hereketler

 

(1) Ýazgy geçirilen ýa-da gozgamasyz edilen ýa-da muzdsuz alynmaga degişli emlägiň ynanylan adam tarapyndan harç edilendigi, alnandygy, gizlenendigi ýa-da bikanun berlendigi, şonuň ýaly-da gozgamasyz edilen pul serişdeleri (goýumlar) bilen bank operasiýalarynyň karz guramasynyň gullukçysy tarapyndan amala aşyrylandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Kazyýetiň hökümi boýunça muzdsuz alynmaga degişli emlägiň gizlenendigi üçin ýa-da öz haýryna geçirendigi üçin, şonuň ýaly-da emlägi muzdsuz almagy bellemek hakyndaky kazyýetiň kanuny güýjüne giren hökümini berjaý etmekden başgaça  boýun gaçyran,

zähmege hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

207-nji madda. Azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ýa-da tussaglykdan gaçmak

 

(1) Jezasyny çekýän ýa-da deslapky tussaglykda saklanylýan adamyň azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ýa-da tussaglykdan gaçandygy üçin,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereket:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek bilen, adamlaryň topary ýa-da guramaçylyklyk topar tarapyndan;

ç) adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak bilen;

d) ýarag ulanmak ýa-da ýarag hökmünde närseleri ulanmak bilen amala aşyrylandygy üçin,

üç ýyldan alty ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

2071–nji madda. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekmekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrmak

 

Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekmekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddanyň manysy boýunça belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekmekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrmak diýlip şeýle bozulma üçin bir ýylyň dowamynda özi barasynda administratiw temmi çäreleri iki gezek ulanylan adam tarapyndan amala aşyrylan, jezanyň görkezilen görnüşini çekmekden boýun gaçyrylmagyna düşünilýär.

 

208-nji madda. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza çäresini çekmekden boýun gaçyrylmagy

 

Azatlykdan mahrum edilen ýeriň çäklerinden gysga wagtlaýyn çykyp gitmäge rugsat berlen, azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adam jeza çekmek möhletini doldurmakdan boýun gaçyrsa,

bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

209-njy madda. Kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmezligi

 

Häkimiýetiň wekili, döwlet gullukçysy, şeýle hem täjirjilik ýa-da başga guramanyň gullukçysy tarapyndan kazyýetiň kanuny güýjüne giren hökümini, çözgüdini, kararyny ýa-da kesgitnamasyny ýerine ýetirmändigi üçin, şonuň ýaly-da olaryň ýerine ýetirilmegine garşylyk görkezýändigi üçin,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

210-njy madda. Jenaýat hakynda habar bermezlik ýa-da ony ýaşyrmak

 

(1) Agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlary etmäge taýýarlyk görülýändigi ýa-da şol jenaýatlaryň edilendigi özüne äşgär mälim bolup, bu barada habar bermedige,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlary öňünden boýun bolman ýaşyrana,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

25 BAP. DOLANDYRYŞ TERTIBINE GARŞY

JENAÝATLAR

 

211-nji madda. Hukuk goraýjy edaranyň işgäri ýa-da harby gullukçy babatda öldürmek haýbatynyň atylmagy ýa-da zorluk ulanylmagy

 

(1) Hukuk tertibini goramak boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklylykda hukuk goraýjy edaranyň işgäri, harby gullukçy ýa-da olaryň ýakyn adamlary babatda olary öldürmek haýbatynyň  atylandygy ýa-da  adamyň jany  ýa-da  saglygy  üçin  howply bolmadyk zorluk ulanylandygy üçin,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorluk ulanana,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

212-nji madda. Häkimiýet wekilini masgaralamak

 

Öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda ýa-da şolaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklylykda häkimiýet wekilini jemagat öňünde masgaralana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

Bellik.

Häkimiýet wekili diýlip, döwlet häkimiýeti edarasyna wekilçilik edýän, hemişe ýa-da wagtlaýyn belli bir wezipeleri ýerine ýetirýän we öz ygtyýarlarynyň çäklerinde raýatlaryň köpüsi ýa-da ählisi ýa-da wezipeli adamlar üçin hökmany bolan hereketleri etmäge ýa-da buýruklary bermäge hukukdan peýdalanýan adam hasaplanylýar.

 

2121 madda. Jemgyýetçilik we beýleki birleşikleri bikanun döretmek ýa-da olaryň işine gatnaşmak

 

(1) Konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmegi maksat edinýän, özleriniň alyp barýan işinde zorlugy ulanmaga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, şol sanda raýatlar babatynda zorluk ulanmak ýa-da başga ýol bilen olaryň saglygyna zeper ýetirýän, urşy, teniniň reňki boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlak sypatlaryna hyýanat edýän, şeýle hem raýatlarda raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz döndermek ýa-da başga bikanun etmiş etmek niýetini oýarýan syýasy partiýalaryň, beýleki jemgyýetçilik birleşikleriň, dini guramalaryň, şeýle hem milli ýa-da dini alamatlar boýunça, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen çeşmelerden maliýeleşdirilýän syýasy partiýalaryň döredilenligi ýa-da olaryň işine ýolbaşçylyk edilenligi üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen jemgyýetçilik we beýleki birleşikleriniň işine işjeň gatnaşylanlygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan altmyşysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

2122 madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet edaralarynyň işine bikanun gatyşmagy

 

(1) Jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda dini guramalaryň agzalary tarapyndan zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen utgaşdyrylýan döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň kanuny işine gatyşmagy ýa-da olaryň ygtyýarlyklarynyň eýelenmegi, şeýle hem döwlet edaralarynda syýasy partiýalaryň guramalarynyň döredilmegi, eger-de bu raýatlaryň ýa-da guramalaryň hukuklaryna ýa-da kanuny bähbitlerine ýa-da jemgyýetiň ýa-da döwletiň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerine düýpli zyýan ýetirilmegine getiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleriň jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda dini guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan edilenligi üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň otuzysyndan altmyşysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(Kodekse 2121, 2122 maddalary goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __,___-nji madda)

 

213-nji madda. Jemgyýetden üzňelikde saklamagy üpjün edýän edaranyň kadaly işinde bidüzgünçiligiň döredilmegi

 

(1) Azatlykdan mahrum edileniň bolýan ýeriniň ýa-da tussag saklanylýan ýeriň işgäri babatda azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän ýa-da tussaglykda saklanylýan adam tarapyndan zorluk edilmegi, şeýle hem şeýle adam tarapyndan iş kesilen babatda onuň düzelmegine päsgel bermek maksady bilen ýa-da onuň jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirýändigi üçin ar almak maksady bilen zorluk eden bolsa,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler gaýtadan edilen bolsa, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan ýa-da adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak bilen edilen bolsa,

on ýyldan ýigrimi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

214-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet serhedinden bikanun geçilmegi

 

(1) Bellenilen resminamalary bolmazdan we degişli rugsady bolmazdan Türkmenistanyň goralýan Döwlet serhedinden geçene,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyldan bäş ýyla çenli belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary bilen ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan zorluk ulanmak bilen ýa-da zorluk ulanmak haýbatyny atyp, Türkmenistanyň goralýan Döwlet serhedinden bikanun geçene,

iki ýyldan bäş ýyla çenli belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddanyň güýji Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, syýasy gaçybatalga hukugyndan peýdalanmak üçin daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň kadalaryny bozup, Türkmenistana gelen halatlaryna, eger şol adamlaryň hereketinde jenaýatyň başga alamaty ýok bolsa, degişli däldir.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

215-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň kada-düzgüne ters üýtgedilmegi

 

(1) Türkmenistanyň Döwlet serhedini kada-düzgüne ters üýtgetmek maksady bilen serhet bellikleri aýrylan, ýeri üýtgedilen ýa-da ýok edilen bolsa,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler gaýtadan edilen bolsa ýa-da agyr netijelere getiren bolsa,

dört ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

216-njy madda. Resmi resminamalar ýa-da döwlet sylaglary babatynda edilen bikanun hereketler

 

Hukuklary berýän ýa-da borçlardan boşadýan resmi resminamalary, Türkmenistanyň, SSSR-iň ýa-da Türkmenistan SSR-niň döwlet sylaglaryny satyn almak, satmak, çalyşmak ýa-da olary başga ýagdaýda birine muzdly bermek, munun üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

217-nji madda. Resminamalary, ştamplary, möhürleri ýa-da blanklary ogurlamak ýa-da zaýalamak

 

(1) Betnebislik ýa-da başga şahsy bähbitlerden ugur alyp, resmi resminamalary, ştamplary, möhürleri ýa-da blanklary ogurlamak, ýok etmek, zaýalamak ýa-da gizlemek, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň on bäşisinden otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Aýratyn möhüm ähmiýetli resminamalar, ştamplar, möhürler, blanklar babatda ýa-da agyr netijelere getiren şonuň ýaly hereketleriň amala aşyrylandygy üçin,

iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Raýatyň pasportyny ýa-da başga möhum şahsy resminamasyny ogurlana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

218-nji madda. Galp resminamalary, ştamplary, möhürleri, blankalary galplaşdyrmak, taýýarlamak, satmak ýa-da galplaşdyrylan resminamany ulanmak

 

(1) Hukuk berýän ýa-da borçlardan boşadýan şahadatnamanyň ýa-da başga resminamanyň ony peýdalanmak maksady bilen ýa-da şeýle resminamany satmak maksady bilen, şonuň ýaly-da şol maksatlar üçin galplaşdyrylan ştamplary, möhürleri, blanklary taýýarlana ýa-da satana,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler gaýtadan edilende,

dört ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Görnetin galp resminamanyň peýdalanylandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

219-njy madda. Harby gulluga çagyrylyşdan boýun gaçyrylmagy

 

(1) Harby gulluga çagyrylyşdan boşadylmagy üçin Kanuny esaslary bolmadyk ýagdaýynda şeýle gullukdan boýun gaçyrana,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Öz synasyna şikes ýetirmek ýa-da kesellän bolup jögülik etmek, resminamalary galplaşdyrmak ýa-da başga ýalançylyk ýoly bilen şonuň ýaly etmişi edene,

bir ýyldan dört ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Mobilizasiýa boýunça ýa-da harby döwürde harby gulluga çagyrylyşdan boýun gaçyrana,

üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

220-nji madda. Wezipeli adamyň gulluk adyny ýa-da ygtyýarlygyny birugsat eýelemek

 

Wezipeli adamyň gulluk adynyň ýa-da ygtyýarlygynyň birugsat eýelenilmegi, şonuň bilen baglanyşyklylykda bolsa haýsydyr bir jemgyýetçilik taýdan howply hereket edene,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

221-nji madda. Eden-etdilik

 

Eden-etdilik edilmegi, ýagny, özüniň hakyky ýa-da çak edilýän hukugynyň özbaşdak we kanun ýa-da başga kadalaşdyryjy hukuk namasy tarapyndan bellenilen tertibi bozmak bilen amala aşyrylmagy raýata ýa-da gurama düýpli zyýan ýetirse,

zähmete hak tölemegi ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

222-nji madda. Administratiw gözegçilik kadalarynyň bilkastlaýyn bozulmagy

 

(1) Administratiw gözegçilik kadalaryny şeýle gözegçilige boýun egmezlik maksady bilen bilkastlaýyn bozana,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Gözegçilik astynda saklanylýan adamyň administratiw gözegçilikden boýun gaçyrmak maksady bilen ýaşaýan ýerini özbaşdak taşlap gitmegi, şonuň ýaly-da azatlykdan mahrum ediş ýerinden boşadylan mahalynda administratiw gözegçiligi bellenilen adamyň kesgitlenilen möhletde esasly sebäpsiz özüne görkezilen ýaşaýan ýerine gelmezligi, munuň üçin,

bir ýyldan üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddanyň birinji böleginiň manysy boýunça administratiw gözegçilik kadalarynyň bilkastlaýyn bozulmagy diýlip, şeýle düzgün bozulmalary üçin bir ýylyň dowamynda iki gezek administratiw temmi çärelerine sezewar edilen adam tarapyndan şol kadalaryň bozulmagyna düşünilýär.

 

223-nji madda. Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri guramagyň we geçirmegiň tertibiniň bozulmagy

 

Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri guramagyň we geçirmegiň kanun tarapyndan bellenilen tertibiniň bozulmagy, olaryň guramaçysyna şeýle hereketler üçin administratiw temmi çäreleri ulanylandan soň amala aşyrylan bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da alty aýlyk azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

2231–nji madda aýrylan.

2232–nji madda aýrylan.

 

224-nji madda. Söwda gämisinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny bikanun galdyrmak

 

Söwda gämisinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna hukugy bolmazdan, şol baýdagyň galdyrylandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

225-nji madda. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarym Aý nyşanlaryndan bikanun peýdalanmak

 

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarym Aý nyşanlaryndan, şeýle hem Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarym Aýyň adyndan bikanun peýdalanana,

hmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

226-njy madda aýrylan - 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

XI BÖLÜM. YKDYSADYÝET ÇYGRYNDAKY JENAÝATLAR

 

26 BAP. EÝEÇILIGE GARŞY JENAÝATLAR

 

227-nji madda. Ogurlyk

 

(1) Ogurlyk edene, ýagny, başga biriniň emlägini gizlinlik bilen ogurlana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu aşakdaky ýagdaýlarda ogurlyk edene:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;

b) gaýtadan;

ç) ýaşaýyş jaýyna, başga jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa girilip ogurlyk edilen bolsa;

d) edilen ogurlyk raýata ep-esli möçberde zyýan ýetiren bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şeýle ýagdaýlarda ogurlyk edene:

a) uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;

b) guramaçylykly topar tarapyndan ogurlyk edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şular ýaly ýagdaýda ogurlyk edene:

a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;

b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan ogurlyk edene,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellikler.

1. Şu Kodeksiň maddalarynda ogurlyk diýlip, kesekiniň emläginiň kada-düzgüne ters ýol bilen mugt alynmagyna we (ýa-da) günäkäriň ýa-da başga adamlaryň peýdasyna geçirilmegine, betnebislik maksatlary bilen amala aşyrylyp, hususyýetçä ýa-da şol emlägiň başga eýesine zyýan ýetirilmegine düşünilýär.

2. Şu babyň maddalarynda görkezilen emlägiň uly möçberi diýlip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden geçýän emlägiň bahasy; aýratyn uly möçberi diýlip bolsa, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüzüsinden geçýän emlägiň bahasy hasap edilýär.

Ýetirilen zyýanyň möçberi hasaplanylan mahalynda zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberi diýlip, jenaýat edilen pursatyna çenli Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen iş hakynyň ortaça derejesine düşünilýär, uzaga çeken we dowam edýän jenaýatlar boýunça bolsa, degişlilikde jenaýatçylykly hereketiň gutaran pursatyna çenli ýa-da iň soňky jenaýat edilen pursata çenli kanun tarapyndan bellenilen iş hakynyň ortaça derejesine düşünilýär.

3. Şu Kodeksiň 227-233  maddalarynda gaýtadan edilen jenaýat diýlip, şu maddalarda göz öňünde tutulan jenaýatlardan birini ýa-da birnäçesini ozal eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär, şeýle hem şu Kodeksiň garakçylyk üçin, radioaktiw materiallaryny ogurlamak ýa-da gorkuzyp almak, ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary ýa-da partladyş enjamlaryny ogurlamak ýa-da gorkuzyp almak, neşe serişdeleri ýa-da psihotropiýa maddalaryny ogurlamak ýa-da gorkuzyp almak üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddalardaky jenaýatlardan birini ozal eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär.

 

228-nji madda. Kezzapçylyk

 

(1) Aldamak ýa-da ynamy hyýanatly peýdalanmak ýoly bilen başga biriniň emlägini eýeläne ýa-da şol emläge bolan hukugy alana, ýagny kezzapçylyk edene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň otuzysyndan altmyşysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu ýagdaýlarda kezzapçylyk edene,

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;

b)gaýtadan;

ç) raýata ep-esli möçberde zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa, munuň üçin,

bir ýyldan iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Aşakdaky ýagdaýlarda kezzapçylyk edene:

a) uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;

b) guramaçylykly topar tarapyndan;

ç) döwlet gullukçysy ýa-da oňa deňleşdirilen adam tarapyndan öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak arkaly edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Kezzapçylyk netijesinde aýratyn uly möçberde zyýan ýetirilen bolsa, munuň üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2010-njy ýylyň 26-njy noýabryndaky, 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4, 72-nji madda, 2014 ý., № 2, 77-nji madda; 2017 ý., № ___,___-nji madda)

 

229-njy madda. Ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi

 

(1) Günäkäre ynanylan ýa-da onuň garamagynda duran başga biriniň emlägini eýeläne ýa-da harçlana, ýagny ogurlana,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň otuzysyndan altmyşysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek, ýa-da üç ýyla çenli möhlet bilen belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu ýagdaýlarda amala aşyrylan şonuň ýaly hereketler:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;

b) gaýtadan;

ç) döwlet gullukçysy ýa-da oňa deňleşdirilen adam tarapyndan öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak arkaly;

d) raýata ep-esli möçberde zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa, munuň üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, zähmete hak tölemegiň ortaça  aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketleri amala aşyryp, uly möçberde zyýan ýetirene,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler şu aşakdaky ýaly ýagdaýlarda amala aşyrylanda:

a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;

b) guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa, munuň üçin,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Eger şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan jenaýatlary ilkinji gezek eden adam jenaýatyň üstüni açmaga ýardam eden we ýetirilen zeleliň öwezini dolan bolsa, ol azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezadan boşadylýar.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky, 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky we 2014-nji vyly[ 3-nji mavyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda, 2014 ý., № 1, 44-nji madda, № 2, 77-nji madda)

 

230-nji madda. Talaňçylyk

 

(1) Talaňçylyk edene, ýagny, kesekiniň emlägini aç-açan ogurlana,

bir ýyldan iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu aşakdaky ýagdaýlarda talaňçylyk edene:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;

b) gaýtadan;

ç) ýaşaýyş jaýyna, başga jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa girmek bilen;

d) jebir çeken adamyň ömri ýa-da saglygy üçin howply bolmadyk zorlugy ulanmak bilen ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen;

e) raýata ep-esli möçberde zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Talaňçylyk şular ýaly ýagdaýlarda amala aşyrylanda:

a) uly möçberde;

b) guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu aşakdaky ýagdaýlarda talaňçylyk amala aşyrylanda:

a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;

b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

231-nji madda. Garakçylyk

 

(1) Başga biriniň emlägini almak maksady bilen, adamyň jany üçin ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen birlikde çozuş (garakçylyk) edene,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan garakçylyk:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

b) ýaşaýyş jaýyna, başga jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa girmek bilen;

ç) ýarag ulanmak ýa-da ýarag hökmünde başga zatlary ulanmak arkaly;

d) gaýtadan;

e) rayata ep-esli möçberde zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu aşakdaky ýagdaýlarda garakçylyk amala aşyrylanda:

a) uly möçberli zyýan ýetirmek bilen;

b) guramaçylykly topar tarapyndan garakçylyk edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şular ýaly ýagdaýlarda garakçylyk edilende:

a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;

b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan;

ç) jebir çekeniň saglygyna agyr şikes ýetirmek bilen garakçylyk edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 145 -nji madda)

 

232-nji madda. Gorkuzyp almak

 

(1) Jebir çekene ýa-da onuň ýakyn adamlaryna kesekiniň emlägini ýa-da emläge bolan ýa-da emläge degişli başga hili hereketleri etmek hukugynyň özüne berilmegini zorluk ulanmak ýa-da kesekiniň emlägini ýok etmek ýa-da zaýalamak howpy astynda, şonuň ýaly-da jebir çekeni ýa-da onuň ýakyn adamlaryny masgaralaýan maglumatlary ýaýratmak howpy astynda talap edene (gorkuzyp alana),

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, dört ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereket:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

b) gaýtadan;

ç) zorluk ulanmak arkaly edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şeýle ýagdaýlarda gorkuzyp almagy amala aşyrana:

a) guramaçylykly topar tarapyndan ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan;

b) jebir çekeniň saglygyna agyr zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa;

ç) uly möçberdäki emlägi almak maksady bilen edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

233-nji madda. Aýratyn gymmatlygy bar bolan närseleriň ogurlanylmagy

 

(1) Haýsy ýol bilen alnandygyna garamazdan, aýratyn möhüm taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da medeni gymmatlygy bolan närseleriň ýa-da resminamalaryň ogurlanylandygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereket:

a) gaýtadan;

b) guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa;

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

234-nji madda. Başga biriniň ulag serişdesini bikanun eýelemek

 

(1) Başga biriniň ulag serişdesiniň bikanun eýelenmegi (alnyp gaçylmagy), şunda ogurlamak maksady ýok bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereket:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

ç) jebir çekeniň ömri ýa-da saglygy üçin howply bolmadyk zorlugy ulanmak bilen ýa-da şeýle zorlugy ulanmak haýbatyny atmak bilen;

d) uly möçberli zyýan ýetirmek bilen;

e) zat saklanylýan jaýa girmek bilen edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça  aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler jebir çekeniň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak ýa-da şeýle zorlugy haýbatyny  atyp amala aşyrylsa,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

235-nji madda. Emlägi bilkastlaýyn ýok etmek ýa-da zaýalamak

 

(1) Kesekiniň emlägini bilkastlaýyn ýok edip ýa-da zaýalap, ep-esli zyýan ýetirene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden ýigrimi bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler:

a) otlamak, partlatmak arkaly ýa-da umumy howply başga hili usul bilen amala aşyrylanda;

b) seresapsyzlyk sebäpli adamyň heläk bolmagyna ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

236-njy madda. Seresapsyzlyk zerarly emlägiň ýok edilmegi ýa-da zaýalanylmagy

 

(1) Başga biriniň emlägini seresapsyzlyk zerarly uly möçberde ýok edene ýa-da zaýalana,

ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden on bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Ot bilen ýa-da ýokary howply başga bir zat bilen seresapsyzlyk sebäpli amala aşyrylan ýa-da agyr netijelere getiren şonuň ýaly hereketleri edene,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

237-nji madda. Görnetin jenaýatçylyk ýoly bilen ele salnan emlägiň satyn alynmagy ýa-da satylmagy

 

(1) Görnetin jenaýatçylyk ýoly bilen ele salnan emlägi öňünden boýun bolman satyn alana ýa-da saklana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketleri uly möçberde edene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň otuzysyndan ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Görnetin jenaýatçylyk ýoly bilen ele salnan emlägi öňünden boýun bolman satana,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hereketi şu aşakdaky ýagdaýlarda edene:

a) gaýtadan;

b) uly möçberlerde;

ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüz ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu madda görnetin jenaýatçylykly ýol bilen ele salnan emlägiň gymmaty zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberinden geçýän halatynda ulanylýar.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

27 BAP. YKDYSADY IŞI AMALA AŞYRMAGYŇ

TERTIBINE GARŞY JENAÝATLAR

 

238-nji madda. Kanuny telekeçilik işine päsgel berilmegi

 

Telekeçilik işiniň subýektini bellige almakdan bikanun ýüz dönderilmegi ýa-da ony bellige almakdan boýun towlanmagy, belli bir işi amala aşyrmaga berilmegi ýörite rugsady (ygtyýarnamany) bermekden bikanun ýüz dönderilmegi ýa-da ony bermekden boýun towlanmagy, ýekebara telekeçiniň ýa-da täjirçilik guramasynyň hukuklarynyň, bikanun çäklendirilmegi, şonuň ýaly-da olaryň işine bikanun gatyşylmagy, eger şeýle hereketler wezipeli adam tarapyndan öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak arkaly amala aşyrylan bolsa, munuň üçin,

bäş ýyl möhlete çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

239 madda. Bikanun telekeçilik işi

 

Döwlet tarapyndan bellige alynmazdan we ýörite rugsadynyň (ygtyýarnamasynyň) hökmany bolmaly halatlarynda, şeýle rugsadyň (ygtyýarnamanyň) bolmazlygy ýa-da ygtyýarlylandyrmak şertleriniň bozulmagy bilen aýratyn uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykly telekeçilik işiniň amala aşyrylandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddada aýratyn uly möçberli girdeji diýlip zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäş ýüzüsinden artyk gelýän möçberdäki bir ýylyň dowamynda alnan girdeji hasap edilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda, 2014 ý., № 4, 145-nji madda)

 

240-nji madda. Bikanun bank işi

 

(1) Bellige alynmazdan ýa-da ýörite rugsadyň (ygtyýarnamasynyň) hökmany bolmaly halatlarynda, şeýle rugsadyň (ygtyýarnamanyň) bolmazlygy ýa-da ygtyýarnama bermegiň şertleriniň bozulmagy bilen, eger şol hereket raýatlara, guramalara ýa-da döwlete uly zyýan ýetiren bolsa ýa-da uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykly ýagdaýda bank işiniň (bank operasiýalarynyň) amala aşyrylanlygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdak mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereket:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa;

b) aýratyn uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykly edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddada uly möçberli girdeji diýlip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden artyk gelýän möçberi hasap edilýär, aýratyn uly möçberli girdeji diýlip bolsa, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüzüsinden artyk gelýän möçberi hasap edilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

241-nji madda. Galp telekeçilik

 

Galp telekeçilik, ýagny, karz pullary almak, salgytlardan boşamak, başga emläk bähbidini edinmek ýa-da raýatlara, guramalara ýa-da döwlete uly zyýan ýetiren gadagan edilen işiň üstüni basyrmak maksady bilen döredilen, telekeçilik ýa-da bank işini alyp barmagy niýet edinmeýän täjirçilik guramasynyň döredilenligi, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek, ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

242-nji madda. Bikanun ýol bilen edinilen pul serişdelerini we başga emlägi kanunlaşdyrma

 

(1) Görnetin bikanun ýol bilen edinilen pul serişdeleri ýa-da başga emläk bilen maliýe amallarynyň edilendigi, ýa-da beýleki geleşikleriň baglaşylandygy, şonuň ýaly-da görkezilen pul serişdeleriniň, ýa-da emlägiň telekeçilik, ýa-da başga ykdysady işi amala aşyrmak üçin peýdalanylandygy, şeýle hem olara eýelik edilmegini, peýdalanylmagyny we ygtyýar edilmegini kanuny görnüşe getirmek maksady bilen şol pul serişdeleriniň, ýa-da emlägiň bikanun gelip çykyşynyň gizlenilendigi, ýa-da ýaşyrylandygy, ýa-da şol hereketlerden peýda, ýa-da beýleki bähbitleriň alnandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şeýle hereketler eger:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;

ç) döwlet gullukçysy ýa-da oňa deňleşdirilen adam tarapyndan öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak arkaly edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen etmişler jenaýatçylykly ýol bilen edinilen pul serişdeleri we başga emläk babatda ýa-da uly möçberde amala aşyrylan bolsa,

- emlägini muzdsuz alyp, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik: Şu maddada görkezilen jenaýatçylykly ýol bilen edinilen pul serişdeleriniň we başga emlägiň uly möçberi diýlip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden geçýän emlägiň bahasy hasap edilýär.

(2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky, 4-nji awgustyndaky, 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 20-nji madda, № 3, 55-nji madda, 2014 ý., № 2, 77-nji madda; 2017 ý., № ___,___-nji madda)

 

243-njimadda. Bikanun karz alynmagy

 

(1) Hususy telekeçi ýa-da guramanyň ýolbaşçysy tarapyndan karz almak ýa-da karz alar ýaly ýeňillikli şertleri almak üçin banka ýa-da başga kreditora hususy telekeçiniň ýa-da guramanyň hojalyk ýa-da maliýe ýagdaýlary hakynda göz-görtele galp maglumatlary bermek arkaly karzy bikanun almak, eger şol hereketler karz berijä uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Döwletiň maksatlaýyn karzyny bikanun almak, şonuň ýaly-da kanuny ýol bilen alnan döwletiň maksatlaýyn karzynyň niýetlenilen ugra peýdalanylmanlygy, eger şol hereketler raýatlara, guramalara ýa-da döwlete uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki  ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

244-nji madda. Kreditorlyk bergini üzmekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrylmagy

 

Degişli kazyýet çözgüdi kanuny güýje gireninden soňra, guramanyň ýolbaşçysy, hususy telekeçi ýa-da raýat tarapyndan uly möçberdäki kreditorlyk bergini üzmekden ýa-da gymmatly kagyzlary tölemekden zannyýamanlyk bilen boýun gaçyrylanlygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

Bellik.

Uly möçberdäki kreditorlyk bergi diýlip hususy telekeçiniň ýa-da raýatyň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden ýokary bolan möçberdäki bergisi, guramanyňky bolsa zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüzüsinden ýokary bolan möçberdäki bergisi hasap edilýär.

(2010-njy ýylyň 26-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4, 72-nji madda)

 

245 madda. Monopolistik hereketler we bäsdeşligi çäklendirmek

 

Monopoliýa taýdan ýokary ýa-da pes nyrhlaryň bellenilmegi we saklanylmagy, şonuň ýaly-da bazary paýlaşmaga, bazara barylmagyny çäklendirmäge, ondan ykdysady işiň beýleki subýektlerini aýyrmaga, ýeke-täk nyrhlary bellemäge ýa-da saklamaga gönükdirilen dilleşmek ýa-da ylalaşylan hereketler arkaly bäsdeşligiň çäklendirilmegi, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) zorluk ulanmak bilen ýa-da zorluk ulanmak haýbatyny atmak bilen;

ç) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen;

d) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda; 2017 ý., № ___,___-nji madda)

 

2451 –nji madda. Gymmatly kagyzlaryň bazaryny manipulirlemek

 

(1) Gymmatly kagyzlaryň bazaryny manipulirlemek, ýagny islege we teklibe, gymmatly kagyzlaryň bahasyna ýa-da olar bilen söwdanyň möçberine täsir edýän ýa-da täsir edip biljek ýalan ýa-da aldawa salýan maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, umumy peýdalanylýan maglumat-telekommunikasiýa ulgamy arkaly, beýleki islendik usul bilen ýaýradylandygy, şonuň ýaly-da birmeňzeş gymmatly kagyzlar üçin şol gün gurnalan söwdalarda hereket eden bahalardan düýpli tapawutlanýan bahadan gymmatly kagyzlar bilen geleşikleriň baglaşylandygy, şeýle geleşikleriň bu barada özara deslapdan dilleşen şahslaryň ýa-da olaryň işgärleriniň adyndan ýa-da olaryň hasabyna baglaşylan şertlerinde, eger-de şol hereketler betnebislik ýa-da başga şahsy bähbitlerden gymmatly kagyzlaryň bazarynyň beýleki gatnaşyjylaryna zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar:

a) gaýtadan;

b) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen;

ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek, ýa-da emlägini muzdsuz alyp, ýa-da muzdsuz alman üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Kodekse 2451 maddany goşmaly 2011–nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizildi - (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 55-nji madda)

 

246-njy madda. Geleşik baglaşmaga ýa-da ony baglaşmakdan boýun gaçyrmaga mejbur etmek

 

(1) Kesekiniň emlägini zorluk ulanmak, ýok etmek ýa-da zaýalamak haýbatyny atyp, şonuň ýaly-da jebir çekeniň ýa-da onuň ýakyn adamlarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetirip biljek maglumatlary ýaýratmak haýbatyny atyp, şunda gorkuzyp almak alamatlary bolmadyk mahalynda, geleşik baglaşmaga ýa-da ony baglaşmakdan boýun gaçyrmaga mejbur edene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereketler:

a) gaýtadan;

b) zorluk ulanmak bilen;

ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüz ýellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

247-nji madda. Haryt nyşanynyň bikanun ulanylmagy

 

Başga biriniň haryt nyşanyny, hyzmat ediş nyşanyny, firmanyň, bellige alnan adyny, harydyň ilkibaşda gelip çykan ýa-da harydyň belgilenen ýeriniň adyny bikanun peýdalanandygy üçin, eger şu hereketler uly möçberli zyýan ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

248-nji madda. Döwletiň düzüm kesgitleýji belliklerini taýýarlamagyň we peýdalanmagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Döwletiň düzüm kesgitleýji belliklerini bikanun taýýarlamak, satmak ýa-da peýdalanmak, şonuň ýaly-da betnebislik ýa-da başga bir şahsy bähbitlerden ugur alyp, ony galplaşdyrmak, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

249-njy madda. Görnetin galp mahabat

 

Harytlar, işler ýa-da hyzmatlar babatdaky, şeýle hem olary taýýarlaýjylar (ýerine ýetirijiler, satyjylar) babatdaky mahabat betnebislik bähbitlerinden ugur alnyp, görnetin galp maglumaty peýdalanmak, munuň özi ep-esli zyýan ýetiren bolsa, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

250-nji madda. Täjirçilik ýa-da bank syryny düzýän maglumatlary bikanun ýol bilen almak we aýan etmek

 

(1) Resminamalary ogurlamak, täjirçilik ýa-da bank syryny bilýän adamlary ýa-da olaryň ýakyn adamlaryny peşgeş berip satyn almak ýa-da gorkuzmak arkaly täjirçilik ýa-da bank syryny düzýän maglumatlary toplamak, aragatnaşyk serişdelerinden gerekli maglumatlary tutmak, şonuň ýaly-da ile aýan etmek başga usullar arkaly maglumatlary toplamak ýa-da şol maglumatlary bikanun peýdalanmak maksady bilen, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Täjirçilik ýa-da bank syryny düzýän maglumatlary olaryň  eýeleriniň razylygy bolmazdan, betnebislik ýa-da başga şahsy bähbitlerden ugur alnyp bikanun ile aýan edilmegi ýa-da peýdalanmak we uly möçberde zyýan ýetirilmegi üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

2501–nji madda. Gymmatly kagyzlaryň bazarynda insaýder geleşikleri

 

(1) Gymmatly kagyzlaryň bazarynda insaýder geleşiklerini geçirmek, ýagny emitentiň razylygy bolmazdan insaýder maglumatyny peýdalanmak bilen geleşikleriň ýa-da amallaryň amala aşyrylandygy, eger şol hereketler betnebislik ýa-da başga şahsy bähbitlerden edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek, ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;

b) aýratyn uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykda edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.  

Bellik.

Insaýder maglumaty diýlip, hemmeler üçin elýeterli bolmadyk, şol sanda belli bir wagtyň dowamynda, şeýle hem emitent ýa-da ol tarapyndan emissiýa edilen gymmatly kagyzlar baradaky maglumata düşünilýär, eger-de şeýle maglumat gulluk ýagdaýy, zähmet borçlary we baglaşylan şertnamalary bilen baglylykda oňa eýe bolan adamyny gymmatly kagyzlaryň bazarynyň beýleki gatnaşyjylary bilen deňeşdirilende artykmaç ýagdaýda goýýan bolsa.

(Kodekse 2501 maddany goşmaly 2011–nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizildi - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 55-nji madda)

 

251-nji madda. Gymmatly kagyzlar goýberilende (emissiýa çykarylanda) hyýanatçylyk edilmegi

 

Gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň prospektine görnetin nädogry maglumatyň girizilmegi, şonuň ýaly-da öz düzüminde görnetin nädogry maglumaty saklaýan emissiýa prospektiniň tassyklanylmagy ýa-da emissiýanyň görnetin nädogry netijeleriniň tassyklanylmagy, eger şol hereketler maýa goýuja (inwestora) uly möçberde zyýan ýetirmegine getiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

252-nji madda. Galp pullaryň ýa-da gymmatly kagyzlaryň satmak maksady bilen taýýarlanylmagy ýa-da ýerleşdirilmegi  

 

(1) Satmak maksady bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň galp bank biletlerini, şaýy pullary, döwletiň gymmatly kagyzlaryny ýa-da Türkmenistanyň milli walýutasynda aňladylýan beýleki gymmatly kagyzlary ýa-da daşary ýurt walýutasyny ýa-da daşary ýurt walýutasynda aňladylýan gymmatly kagyzlary ýasana ýa-da olary ýerleşdirene,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereketler:

a) gaýtadan;

b) uly möçberde;

ç) guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddada görkezilen galp bank biletleriniň, şaýy pullaryň, döwletiň gymmatly kagyzlarynyň, Türkmenistanyň milli walýutasynda aňladylýan beýleki gymmatly kagyzlaryň, daşary ýurt walýutasynyň, daşary ýurt walýutasynda aňladylýan gymmatly kagyzlaryň ýasalan ýa-da ýerleşdirilen möçberi zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden geçýän bolsa, ol uly möçberde edilen diýlip hasap edilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

253-nji madda. Galp karz ýa-da hasaplaşyk kartalarynyň we  beýleki töleg resminamalarynyň ýerlemek maksady bilen taýýarlanylmagy ýa-da ýerlemegi

 

(1) Gymmatly kagyz hasaplanylmaýan galp kredit ýa-da hasaplaşyk kartalaryny we beýleki töleg resminamalaryny ýerlemek maksady bilen ýasana ýa-da ýerleşdirene,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, dört ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

254-nji madda. Kontrabanda

 

(1) Türkmenistanyň gümrük araçäginden geçirmegiň ýörite düzgünleri bellenilen harytlarynyň ýa-da başga närseleriň Türkmenistanyň gümrük araçäginden uly möçberde geçirilmegi, şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen harytlar we närseler muňa girmeýär, harytlaryň gümrük gözegçiliginden rugsatsyz ýa-da ondan gizläp geçirilmegi ýa-da resminamalaryň ýa-da serişdeleriň gümrük barabarlygynyň aldaw bilen peýdalanmak arkaly ýa-da harytlary deklarasiýa etmän ýa-da olary nädogry deklarasiýa etmek bilen baglanyşyklylykda kontrabanda edilmegi,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereket şeýle ýagdaýda amala aşyrylanda:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;

ç) wezipeli adamyň öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen ýa-da gümrük gözegçiliginden boşadylan adam tarapyndan;

g) gümrük gözegçiligini amala aşyrýan adama zorluk ulanmak arkaly edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýetmiş bäşisinden ýüz ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Türkmenistanyň gümrük araçäginden neşe serişdeleriň ýa-da psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň, neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary taýýarlamakda ulanylýan gurallaryň, güýçli täsir ediji, zäherli, awuly, radioaktiw ýa-da partlaýjy jisimleriň, ýaraglaryň, ýaryjy gurallaryň, ok atýan ýaragyň ýa-da ok- därileriň, ýadro, himiki, biologik we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň, beýleki görnüşleriniň we Türkmenistanyň gümrük araçäginden geçirmegiň, ýörite düzgünleri bellenilen köpçülikleýin gyryş ýaraglary döredilýän mahalynda peýdalanylyp bilinjek materiallaryň we enjamlaryň, düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan uly möçberdäki derman serişdeleriniň, Türkmenistanyň gümrük araçäginden geçirmegiň ýörite düzgünleri bellenilen strategik möhüm çig mal harytlarynyň, medeni gymmatlyklaryň geçirilmegi, eger bu hereket gümrük gözegçiliginden rugsatsyz ýa-da ondan gizlinlikde geçirilen bolsa ýa-da gümrük barabarlygynyň resminamalaryny ýa-da serişdelerini aldaw ýoly bilen peýdalanmak arkaly ýa-da harytlary deklarasiýa etmän ýa-da olary nädogry deklarasiýa etmek bilen baglanyşyklylykda amala aşyrylsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddadyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hereket şeýle ýagdaýda amala aşyrylanda:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;

ç) öz gulluk ýagdaýyny peýdalanan wezipeli adam tarapyndan ýa-da gümrük gözegçiliginden boşadylan adam tarapyndan;

d) gümrük gözegçiligini berjaý edýän adama zorluk ulanmak bilen edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

1. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketler, eger araçäkden geçirilen harytlaryň gymmaty zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden geçýän bolsa, uly möçberde amala aşyrylan diýlip hasap edilýär.

2. Düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň sanawy we uly möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky, 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda; № 2014-nji ýyl, № 1, 44-nji madda; 2017 ý., № 3, 106-njy madda; 2018 ý., № ___,___-nji madda)

 

255-nji madda. Gymmat baha metallaryň, tebigy gymmat baha daşlaryň ýa-da dür daşynyň bikanun dolanyşygy

 

(1) Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan kesgitlenilen düzgünleriň bozulmagy bilen gymmat baha metallar, tebigy gymmat baha daşlar ýa-da dür daşy bilen baglanyşykly geleşikleriň baglaşylmagy, şonuň ýaly-da olaryň bikanun daşalmagy ýa-da islendik görnüşde, ýagdaýda iberilmegi üçin (ýuwelir we durmuş önümleri we şeýle önümleriň döwük-ýenjik bölekleri muňa girmeýär),

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereketler:

a) gaýtadan;

b) uly möçberde;

ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýetmiş bäşisinden ýüz ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Eger bikanun dolanyşyk edilen gymmat baha metallaryň, tebigy gymmat baha daşlaryň ýa-da dür daşynyň gymmaty zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden geçýän bolsa, şu maddada göz öňünde tutulan hereketler uly möçberde amala aşyrylan diýlip hasap edilýär.

 

256-njy madda. Döwlete gymmatbaha metallary we gymmatbaha daşlary tabşyrmak düzgünleriniň bozulmagy

 

Ýerasty känlerden gazylyp alnan, gaýtadan işlenýän çig maldan alnan, şeýle hem göterilip çykarylan we tapylan gymmatbaha metallary we gymmatbaha daşlary döwlete hökmany ýagdaýda tabşyrmakdan boýun gaçyrylmagy uly möçberde amala aşyrylanda, munuň üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Eger şu maddada görkezilen döwlete tabşyrylmadyk närseleriň gymmaty zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden geçýän bolsa, onda döwlete gymmatbaha metallary we gymmatbaha daşlary tabşyrmak düzgünleri uly möçberde bozulan diýlip hasap edilýär.

 

257-nji madda. Batyp galynan mahalyndaky bikanun hereketler

 

(1) Emlägi ýa-da emläk borçnamalaryny, emläk hakyndaky, onuň möçberi hakyndaky maglumatlaryň, emlägiň ýerleşýän ýeri ýa-da emläk hakyndaky başga maglumatlaryň, emlägi başga biriniň eýelik etmegine bermek, emlägiň başga eýeçilik haýryna geçirilmeginiň ýa-da ýok edilmeginiň ýaşyrylmagy, şonuň ýaly-da, ykdysady işi görkezýän buhgalterlik we beýleki hasaba alnyş resminamalarynyň ýaşyrylmagy, ýok edilmegi, galplaşdyrylmagy, eger şu  hereketler guramanyň – bergidaryň ýolbaşçysy ýa-da eýesi tarapyndan ýa-da hususy telekeçi tarapyndan batyp galynan mahalynda ýa-da batyp galynjakdygyny öňünden aňyp, uly möçberde zyýan ýetirse,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Bergidaryň - guramanyň, ýolbaşçysynyň ýa-da eýesiniň ýa-da hususy telekeçiniň hakykatda öz gurbunyň çatmaýandygy (batyp galandygy) hakynda bilýän bolsa-da, käbir kreditorlaryň, emläk talaplaryny göz-görtele beýleki kreditorlaryň zyýanyna bikanun kanagatlandyrmagy, şonuň ýaly-da, gurby çatmaýan bergidar tarapyndan beýleki kreditorlaryň, zyýanyna özüne berlen artykmaçlyklar hakynda bilse-de, kreditor şeýle kanagatlandyrmagy kabul eden bolsa, eger şol hereketler uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

258-nji madda. Bilkastlaýyn batyp galmak

 

Täjirçilik guramasynyň ýolbaşçysy ýa-da eýesi tarapyndan, şonuň ýaly-da hususy telekeçi tarapyndan öz şahsy bähbidi üçin ýa-da başga adamlaryň bähbidi üçin bilkastlaýyn batyp galynmagy amala aşyrmak, ýagny, töläp bilmezlik ukybynyň bilkastlaýyn döredilmegi ýa-da ýokarlandyrylmagy, şeýdip uly möçberde zyýan ýetirilmegi ýa-da başga agyr netijelere eltilmegi,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

259-njy madda. Galp batyp galmak

 

Galp batyp galmak, ýagny, täjirçilik guramasynyň ýolbaşçysy ýa-da eýesi tarapyndan, şonuň ýaly-da hususy telekeçi tarapyndan kreditorlara tölenmeli tölegiň möhletini yza süýşürmek ýa-da ony böleklere bölüp, möhletleýin üzer ýaly ýa-da bergileriniň möçberini peselder ýaly, şonuň ýaly-da bergilerini tölemezlik üçin kreditorlary azaşdyrmak maksady bilen özüniň batyp galanlygy hakynda görnetin galp yglan etmegi, şeýdip uly möçberde zyýan ýetirilendigi üçin,

zähmete hak tölemegin ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

260-njy madda. Daşary ýurtlardan daşary ýurt walýutasyndaky serişdeleriň gaýtarylyp getirilmezligi

 

Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly bankynyň hasabyna hökmany suratda getirilmäge degişli bolan daşary ýurt walýutasyndaky uly möçberdäki serişdeleriň guramanyň ýolbaşçysy tarapyndan daşary ýurtlardan  gaýtarylyp getirilmezligi,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

Bellik.

Eger daşary ýurtlardan gaýtarylyp getirilmedik daşary ýurt walýutasyndaky serişdeleriň möçberi zähmete hak tölemegiň, ortaça aýlyk möçberiniň üç müňünden geçýän bolsa, onda şu maddada göz öňünde tutulan hereketler uly möçberde amala aşyrylan diýlip hasap edilýär.

 

261-nji madda. Gümrük töleglerini tölemekden boýun gaçyrylmagy

 

Uly möçberdäki gümrük töleglerini tölemekden boýun gaçyrylandygy üçin,

zähmete hak tölemegin ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

Bellik.

Eger tölenmedik gümrük tölegleriniň bahasy zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden geçýän bolsa, ol uly möçberdäki gümrük töleglerini tölemekden boýun gaçyrylmagy diýlip hasap edilýär.

 

262-nji madda. Fiziki şahsyň salgytlary tölemekden boýun gaçyrmagy

 

(1) Fiziki şahsyň girdejileri ýa-da beýleki salgyt salynýan zatlary bilkastlaýyn ýaşyrmak ýa-da azaldyp görkezmek arkaly, salgytlary tölemekden boýun gaçyrmagy, şonuň ýaly-da göz-görtele ýoýlan maglumatlary salgyt beýannamasyna, hasaby ýörediş resminamalara girizmegi uly möçberde salgytlary tölemekden boýun gaçyrmaga getiren bolsa,

zähmete häk tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň otuzysyndan ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jesazy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

ç) aýratyn uly möçberde edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüz ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jesazy berilýär.

Bellik:

1. Eger tölenilmedik salgydyň bir ýylda hasaplanylan mukdary zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki ýüz ellisinden geçýän bolsa, ol fiziki şahsyň uly möçberdäki salgydy tölemekden boýun gaçyrmagy diýlip hasap edilýär.

2. Eger tölenilmedik salgydyň bir ýylda hasaplanylan mukdary zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäş ýüzüsinden geçýän bolsa, ol fiziki şahsyň aýratyn uly möçberdäki salgydy tölemekden boýun gaçyrmagy diýlip hasap edilýär.

3. Eger şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty ilkinji gezek eden adam jenaýatyň üstüniň açylmagyna ýardam beren bolsa we ýetirilen zeleliň öwezini dolulygyna dolsa, ol azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezadan boşadylýar.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

263-nji madda. Guramalardan salgytlary tölemekden boýun  gaçyrylmagy

 

(1) Maliýe resminamalaryna girdejiler ýa-da çykdajylar hakynda göz-görtele ýoýlan maglumatlary girizmek ýoly bilen ýa-da maliýe resminamalaryny ýok etmek arkaly we salgyt salynýan beýleki zatlaryň ýaşyrylmagy ýa-da başga usul bilen guramalardan salgytlary uly möçberde tölemekden boýun gaçyrylmagyna getiren bolsa,

üç ýyla çenli möhlet bilen belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edilip zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar, ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça  adamlaryň topary tarapyndan;

ç) aýratyn uly möçberde  edilen bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jesazy berilýär.

Bellik:

1. Eger  tölenilmedik salgydyň bir ýylda hasaplanylan mukdary zähmete  hak tölemegiň  ortaça aýlyk möçberiniň bir müňüsinden geçýän bolsa, ol guramalardan uly möçberdäki salgydy tölemekden boýun gaçyrylmagy diýlip hasap edilýär.

2. Eger tölenilmedik salgydyň bir ýylda hasaplanylan mukdary zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň iki müň bäş ýüzüsinden geçýän bolsa, ol guramalardan aýratyn uly möçberdäki salgydy tölemekden boýun gaçyrylmagy diýlip hasap edilýär.

3. Eger şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty ilkinji gezek eden wezipeli adam jenaýatyň üstüni açmaga ýardam etse we ýetirilen zeleliň öwezini dolulygyna dolsa, ol azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezadan boşadylýar.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

264 madda. Sarp edijileri aldamak

 

Harytlaryň ýerlenilmegini, işleriň ýerine ýetirilmegini we hyzmatlaryň edilmegini amala aşyrýan şahslar tarapyndan kem ölçenilmegi, kem çekilmegi, artyk hasaplanylmagy, harydyň (işiň, hyzmatyň) sarp ediş alamatlaryna, hiline degişlilikde ýalňyşdyrylmagy ýa-da sarp edijileriň gaýry usulda aldanylmagy, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

ç) uly möçberde edilen bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ýetmişisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli hlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň on ikisinden geçýän möçberde sarp edijilere ýetirilen zyýan sarp edijileri uly möçberde aldamak diýlip hasap edilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

265 madda. Söwda düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Bellenilen düzgünleri bozup, döwlet söwdasynyň (jemgyýetçilik iýmiti) kärhanalarynyň (guramalarynyň) ammarlaryndan, bazalaryndan, dükanlaryndan we kömekçi jaýlaryndan harytlaryň satylandygy, şonuň ýaly-da harytlaryň sarp edijilerden gizlenilip saklanylmagy, eger olar:

a) bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

ç) uly möçberde edilen bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar:

a) guramaçylykly topar tarapyndan;

b) aýratyn uly möçberde edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

1. Azyk önümleriniň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden az bolmadyk möçberi, beýleki harytlaryň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden az bolmadyk möçberi harytlaryň uly möçberde satylmagy ýa-da gizlenilip saklanylmagy diýlip hasap edilýär.

2. Azyk önümleriniň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden az bolmadyk möçberi, beýleki harytlaryň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden az bolmadyk möçberi harytlaryň aýratyn uly möçberde satylmagy ýa-da gizlenilip saklanylmagy diýlip hasap edilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

266-njy madda. Poçta töleg bellikleriniň we gatnaw resminamalarynyň galplaşdyrylmagy

 

Görnetin galp poçta töleg bellikleriniň, halkara gaýtargy kuponlarynyň, belgi maşynlarynyň çap basmasynyň ýa-da ştempelleriň, şonuň ýaly-da demir ýol, suw, howa ýa-da awtomobil ulaglarynda ýolagçylary gatnatmak ýa-da ýük daşamak üçin niýetlenen biletleriniň we başga resminamalarynyň satmak maksady bilen ýasalmagy ýa-da satylmagy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

28 BAP. TÄJIRÇILIK WE BEÝLEKI GURAMALARDA GULLUK BÄHBITLERINE GARŞY JENAÝATLAR

 

267-nji madda. Ygtyýarlyklardan hyýanatçylykly peýdalanylmagy

 

(1) Ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanana, ýagny, täjirçilik ýa-da başga guramada dolandyryjy wezipeleri ýerine ýetirýän adam tarapyndan öz ygtyýarlyklaryny şu guramanyň kanuny bähbitleriniň tersine hyýanatçylykly peýdalanylmagy we özi üçin ýa-da başga adamlar üçin peýda görmek we artykmaçlyk gazanmak ýa-da beýleki adamlara zyýan ýetirmek maksady bilen edilen bolsa, eger munuň özi raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Agyr netijelere getiren şonuň ýaly hereket edene,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellikler.

1. Şu babyň maddalaryndaky täjirçilik ýa-da başga guramada dolandyryjy wezipeleri ýerine ýetirýän adam diýlip eýeçiligiň görnüşine garamazdan täjirçilik guramasynda, şeýle hem döwlet häkimiýet edarasy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy, döwlet edarasy bolmadyk täjirçilik däl guramada hemişelik, wagtlaýyn ýa-da ýörite ygtyýarlyk boýunça guramaçylyk-serenjam berijilik ýa-da administratiw-hojalyk borçlaryny ýerine ýetirýän adam hasap edilýär.

2. Eger şu maddada ýa-da şu babyň beýleki maddalarynda göz öňünde  tutulan hereketler diňe döwlet  kärhanasy bolmadyk täjirçilik guramasynyň bähbitlerine zyýan ýetiren bolsa, jenaýat yzarlaýyş şu guramanyň arzasy boýunça ýa-da onuň ýazmaça razylygy alnyp amala aşyrylýar.

3. Eger şu madda tarapyndan ýa-da şu babyň beýleki maddalary tarapyndan göz öňünde tutulan hereketler raýatlaryň, beýleki guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetiren bolsa, jenaýat yzarlaýyş  umumy esaslarda amala  aşyrylýar.

 

268-nji madda. Bermit

 

(1) Bermit berilmegi, ýagny, täjirçilik guramasynda ýa-da başga guramalarda dolandyryjy wezipäni ýerine ýetirýän adama berim-peşgeş berilmegi, puluň, gymmatly kagyzlaryň, başga hili emlägiň bikanun berilmegi, şonuň ýaly-da, zat berýäne bähbit diýip wezipeli adamyň bir işi bitirmegi ýa-da bitirmezligi, ýagny, wezipeli adamyň öz gulluk ýagdaýyny peýdalanyp etmeli bolan ýa-da edip biljek şol işi üçin oňa emläk häsiýetli bikanun hyzmatyň edilendigi üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereket:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty etmekde günäkär adam eger özi babatda gorkuzyp almak çäresiniň ulanylandygyny aýtsa ýa-da eger jenaýat işini gozgamaga hukugy bar bolan edara bermit berilenligi hakynda meýletin habar berse jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

 

269-njy madda. Bikanun sylag alynmagy

 

(1) Täjirçilik guramasynda ýa-da başga guramada dolandyryjy wezipäni ýerine ýetirýän adamyň puly, gymmatly kagyzlary, başga hili emläk bikanun almagy, şonuň ýaly-da zat berýäne bähbit diýip wezipeli adamyň, bir işi bitirmegi ýa-da bitirmezligi, ýagny, wezipeli adamyň özüniň gulluk ýagdaýyny peýdalanyp etmeli bolan ýa-da edip biljek şol işi üçin oňa emläk häsiýetli bikanun hyzmatyň edilmegi, munuň üçin,

üç ýyla çenli möhlet bilen belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da gorkuzyp almak bilen baglanyşykly edilse,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

270-nji madda. Auditoryň, bitarap kazynyň ýa-da adwokatyň doly ygtyýarly hukuklaryny hyýanatçylykly peýdalanmagy

 

Auditoryň, bitarap kazynyň ýa-da adwokatyň özlerine berlen doly ygtyýarly hukuklaryny haýyr görmek maksady bilen we özleri üçin ýa-da başga adamlar üçin artykmaçlyklar gazanmak üçin ýa-da beýleki adamlara zyýan ýetirmek üçin öz işiniň wezipeleriniň tersine peýdalanmagy, eger bu hereket raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklaryna ýa-da kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,

üç ýyla çenli möhlet bilen belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüz ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

XII BÖLÜM. JEMGYÝETÇILIK HOWPSUZLYGYNA WE

ILATYŇ SAGLYGYNA GARŞY JENAÝATLAR

 

29 BAP. JEMGYÝETÇILIK HOWPSUZLYGYNA WE JEMGYÝETÇILIK TERTIBINE GARŞY JENAÝATLAR

 

271-nji madda. Terrorçylyk

 

(1) Terrorçylyk, ýagny, partladyş, otlamak ýa-da adamlaryň heläk bolmagyna getirip biljek howp döredýän başga hereketleriň amala aşyrylmagy, emläge düýpli zyýan ýetirip biljek ýa-da başga jemgyýetçilik howply wakalaryň peýda bolmagy, eger şu hereketler jemgyýetçilik howpsuzlygyny bozmak, ilaty gorkuzmak ýa-da döwlet edaralary, daşary ýurt döwletleri ýa-da halkara guramalary tarapyndan kararyň kabul edilmegine täsir etmek, urşy öjükdirmek ýa-da halkara gatnaşyklaryny çylşyrymlaşdyrmak maksady bilen amala aşyrylan bolsa, şeýle hem şol maksatlara ýetmek üçin görkezilen hereketler bilen haýbat atmak amala aşyrylan bolsa, munuň üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şeýle etmiş:

a) gaýtadan;

b) adamyň jany ýa-da saglygy üçin hakyky howp döredip biljek ýaragy ýa-da ýarag hökmünde partlaýjy maddalary ýa-da partlaýjy enjamlary ulanmak bilen edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, ýedi ýyldan on iki  ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar:

a) köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny, radioaktiw maddalary ulanmak ýa-da ulanmak howpuny atmak we köpçülikleýin zäherlenmeleri, epidemiýany ýa-da epizootiýany ýaýratmak ýa-da ýaýratmak howpuny atmak, şonuň ýaly-da adamlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna getirmäge ukyply gaýry hereketleri etmek bilen birleşdirilip edilen bolsa,

b) adamyň ölümine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,  

ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa,  

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Jemgyýetçilik howpsuzlygyny bozmak, ilaty gorkuzmak ýa-da Türkmenistanyň döwlet edaralary, daşary ýurt döwleti ýa-da halkara guramasy tarapyndan kararyň kabul edilmegine täsir etmek maksady bilen adamyň janyna kast edilenligi, şonuň ýaly-da şol maksatlar bilen, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik işgäriniň döwlet ýa-da gaýry syýasy işini bes etdirmek ýa-da şeýle işi üçin ar almak maksady bilen onuň janyna kast edilenligi ýa-da halkara goragyndan peýdalanýan adamlara, guramalara, binalara ýa-da desgalara çozuş etmek, adamlary, binalary, desgalary, habar beriş we aragatnaşyk serişdelerini girewine almak, ogryn äkitmek, şonuň ýaly-da howa ýa-da suw gämisini ýa-da demir ýol otlusynyň hereket edýän düzümini basyp almak bilen utgaşdyrylyp, adamyň janyna kast edilenligi üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Eger terrorçylyk wakasyny taýýarlamaga gatnaşan adam häkimiýet edaralaryna öz wagtynda duýdurmak arkaly ýa-da başga usullar bilen terrorçylygyň öňüni almaga ýardam eden bolsa we eger şol adamyň hereketlerinde başga jenaýatyň alamatlary ýok bolsa, onda ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __, ___-nji madda)

 

2711-nji madda. Terrorçylygy maliýeleşdirmek

 

(1) Terrorçylygy maliýeleşdirmek, ýagny terrorçylygyň guralmagyny ýa-da amala aşyrylmagyny maliýeleşdirmäge niýetlenýändigine düşünmek bilen pul, maddy-tehniki we beýleki serişdeleriň ýygnalmagy ýa-da berilmegi ýa-da maliýe we beýleki hyzmatlaryň edilmegi, şonuň ýaly-da terrorçylyk maksatly hereketi bilen bagly ýa-da bagly bolmazdan terrorçynyň, terrorçylykly toparyň, terrorçylykly guramanyň, ýa-da şol maksatlara ýetmek üçin döredilýän guramaçylykly toparyň, bikanun ýaragly birikmäniň, ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň işini üpjün etmek boýunça hereketler edilendigi (hereketsizligi) üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman dört ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar:

a) gaýtadan ýa-da uly möçberde;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

ç) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty zorluk ulanmagyň ýa-da ulanmak haýbatyny atmagyň netijesinde eden adam, eger ol bu barada döwlet häkimiýet edaralaryna meýletin öz wagtynda habar beren, jenaýatyň öňüni almaga we üstüni açmaga ýardam eden bolsa, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(2011-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky we 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 55-nji madda; 2015 ý., №___, ___-nji madda)

 

2712 madda. Terrorçylygy wagyz etmek ýa-da terrorçylykly hereketleri etmäge açyk çagyryşlar

 

(1) Terrorçylygyň wagyz edilenligi we terrorçyltykly hereketleri etmäge açyk çagyryşlaryň edilenligi, şonuň ýaly-da şeýle mazmunly materiallaryň ýaýratmak maksady bilen taýýarlananlygy, saklananlygy ýa-da ýaýradylanlygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, elektron ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ulgamyny, şol sanda Internet toruny peýdalanmak bilen ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam, jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

2713 madda. Terrorçylykly topary we terrorçylykly guramany döretmek, olara ýolbaşçylyk etmek we olaryň işine gatnaşmak

 

(1) Terrorçylykly toparyň we terrorçylykly guramanyň döredilenligi, şonuň ýaly-da olara ýolbaşçylyk edilenligi üçin,

emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Terrorçylykly toparyň we terrorçylykly guramanyň işine, şonuň ýaly-da olaryň amala aşyrýan terrorçylykly hereketlerine gatnaşylanlygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp, on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

2714 madda. Terrorçylyk we ekstremistik işlere çekmek, taýýarlamak ýa-da olary ýarag bilen üpjün etmek

 

(1) Terrorçylyk we ekstremistik işleri etmekde adamyň hyzmatdaşlyk etmäge ýa-da gaýry görnüşde çekilenligi, taýýarlananlygy ýa-da ýarag bilen üpjün edilenligi üçin,

emlägini muzdsuz alyp, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

2715 madda. Terrorçylyk ýa-da ekstremistik işlere taýýarlygy geçmek

 

Görnetin terrorçylyk işini ýa-da ekstremistik hereketleri etmegiň başarnyklaryny we endiklerini öwretmäge gönükdirilen taýýarlygyň geçilenligi, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda geçilenligi üçin,

üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty eden adam, eger ol geçen taýýarlygy barada döwlet häkimiýet edaralaryna meýletin öz wagtynda habar beren bolsa, şonuň ýaly-da şeýle taýýarlygy geçenleriň, ony amala aşyrýanlaryň, guraýanlaryň we maliýeleşdirýänleriň ýüze çykarylmagyna ýardam eden bolsa, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(Kodekse 2712, 2713, 2714, 2715 maddalary goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 144-nji madda)

 

272-nji madda. Terrorçylyk wakasy hakynda görnetin ýalan habar

 

Taýýarlyk görülýän partladyş, otlamak ýa-da adamlaryň heläk bolmagyna getirip biljek howp döredýän başga hereketleriň taýýarlanylýandygy, emläge düýpli zyýan ýetirip biljek ýa-da başga jemgyýetçilik howply wakalaryň peýda bolmagy hakynda görnetin ýalan habary ýaýradana,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

273 madda. Bikanun ýaragly ýa-da harbylaşdyrylan düzümleri döretmek ýa-da olaryň işine gatnaşmak

 

(1) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk ýaragly ýa-da harbylaşdyrylan düzümleriň döredilenligi, şonuň ýaly-da şeýle düzümlere ýolbaşçylyk edilenligi üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Bikanun ýaragly ýa-da harbylaşdyrylan düzümleriň işine gatnaşylanlygy üçin,

iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Bikanun ýaragly ýa-da harbylaşdyrylan düzümleriň işine gatnaşmakdan meýletin ýüz dönderen we ýaragyny we harby enjamyny tabşyran adam, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 144-nji madda)

 

274-nji madda. Banditçilik

 

(1) Çozmak maksady bilen durnukly guramaçylykly ýaragly toparyň (bandanyň) döredilmegi şeýle topara (banda) ýolbaşçylyk edilmegi, şonuň ýaly-da banda taparyndan edilýän çozuşlara gatnaşylmagy,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen topara (banda) ýa-da ol tarapyndan edilýän çozuşlara gatnaşylanlygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp, on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp, on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 144-nji madda)

 

2741 madda. Binalary, desgalary, habar beriş we aragatnaşyk serişdelerini basyp almak

 

(1) Binalaryň, desgalaryň, habar beriş we aragatnaşyk serişdeleriniň, gaýry kommunikasiýalaryň basylyp alnanlygy ýa-da olary boşatmagyň şerti hökmünde döwleti, guramalary ýa-da raýatlary haýsydyr bir hereketi etmäge ýa-da haýsydyr bir hereketi etmekden saklanmaga mejbur etmek maksady bilen olaryň ýok etmek ýa-da şikes ýetermek howpy bilen birleşdirilip, saklanylanlygy üçin,

üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar:

a) harby döwürde;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

ç) gaýtadan;

d) adamyň jany we saglygy üçin howply bolan zorluk ulanmak bilen;

e) ýarag ýa-da ýarag hökmünde peýdalanylýan başga närseleri ulanmak bilen;

ä) betnebislikli meýiller bilen ýa-da hakyna tutma boýunça;

f) döwlet edaralary ýa-da kärhanalary babatda edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, ýedi ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlyk bilen adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getiren ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

2742 madda. Köpçülikleýin gyryş ýaragy, beýleki ýaraglar we harby tehnikalar döredilende peýdalanylýan tehnologiýalary, ylmy-tehniki maglumatlary we hyzmatlary bikanun eksport etmek

 

Köpçülikleýin gyryş ýaragy, ony eltmegiň serişdeleri, beýleki ýaraglar we harby tehnikalar döredilende peýdalanylylyp bilinjek we özleri babatda ýörite eksport göçegçiligi bellenen tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki maglumatlaryň we hyzmatlaryň bikanun eksport edilenligi üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(Kodekse 2741, 2742 maddalary goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 144-nji madda)

 

275 madda. Guramaçylykly toparyň, jenaýatçylykly bileleşigiň we beýleki jenaýatçylykly düzümleriň döredilmegi ýa-da olaryň işine gatnaşylmagy

 

(1) Jenaýat etmek üçin guramaçylykly toparyň, jenaýatçylykly bileleşigiň ýa-da beýleki jenaýatçylykly düzümleriň, şol sanda olaryň transmilli düzümleriniň döredilenligi ýa-da olary döretmäge açyk çagyryşlaryň edilenligi, şonuň ýaly-da olara ýa-da olaryň düzüm bölünmelerine ýolbaşçylyk edilenligi üçin,

emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen jenaýatçylykly düzümleriň işine gatnaşylanlygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp, bäş ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar kämillik ýaşyna ýetmedik adamy çekmek arkaly ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen jenaýatçylykly düzümleriň ýolbaşçylarynyň ýa-da olara gatnaşyjylaryň birleşiginiň döredilenligi, şonuň ýaly-da olaryň hereketleriniň utgaşdyrylanlygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp, on iki ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(5) Şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen birleşige ýolbaşçylyk edilenligi ýa-da onuň işine işjeň gatnaşylanlygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp, on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty eden adam, eger ol jenaýatçylykly hereketlerini meýletin bes eden, taýýarlanylýan, edilýän ýa-da edilen jenaýatlaryň öňüni almaga, üstüni açmaga ýardam eden bolsa, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.».

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 144-nji madda)

 

2751 madda. Jenaýatçylykly düzümleriň maliýeleşdirilmegi

 

(1) Şu Kodeksiň 273-nji, 274-nji we 275-nji maddalarynda göz öňünde tutulan bikanun ýaragly we harbylaşdyrylan düzümleriň, durnukly guramaçylykly ýaragly toparyň, guramaçylykly toparyň, jenaýatçylykly bileleşigiň we beýleki jenaýatçylykly düzümleriň, şeýle hem olar tarapyndan edilýän jenaýatlaryň guralmagyny ýa-da amala aşyrylmagyny maliýeleşdirmäge görnetin niýetlenýän pul, maddy-tehniki we beýleki serişdeleriň ýygnalanlygy ýa-da berlenligi, şonuň ýaly-da maliýe we beýleki hyzmatlaryň edilenligi üçin,

emlägini muzdsuz alyp, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan jenaýatçylykly düzümlere gatnaşyjylar tarapyndan olaryň emläkleriň saklanylanlygy, paýlanylanlygy, şonuň ýaly hem olary maliýeleşdirmegiň ugurlarynyň işlenilip düzülenligi üçin,

emlägini muzdsuz alyp, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp, ýedi ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty zorluk ulanmagyň ýa-da ulanmak haýbatyny atmagyň netijesinde eden adam, eger ol bu barada döwlet häkimiýet edaralaryna meýletin öz wagtynda habar beren, jenaýatyň öňüni almaga we üstüni açmaga ýardam eden bolsa, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.».

(Kodekse 2751 maddany goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 144-nji madda)

 

276-njy madda. Köpçülikleýin bidüzgünçilikler

 

(1) Zorluk ulanmak, talaňçylyk, otlamak, emlägiň ýok edilmegi, ok atýan ýaragy ulanmak, partlaýjy maddalary ýa-da ýaryjy serişdeleri ulanmak bilen baglanyşykly köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň guralmagy, şeýle hem häkimiýet wekiline ýaragly garşylyk görkezilmegi,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan köpçülikleýin bidüzgünçiliklere gatnaşylmagy,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

277-nji madda. Howa gämisiniň, suw gämisiniň ýa-da gatnadylýan demir ýol wagonlar düzüminiň ogryn äkidilmegi ýa-da birugsat eýelenmegi

 

(1) Howa ýa-da suw gämisiniň ýa-da gatnadylýan demir ýol wagonlar düzüminiň  ogryn äkidilmegi, şonuň ýaly-da şeýle gämini ýa-da wagonlar düzümini  ogryn äkitmek maksady bilen birugsat eýeläne,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Amala aşyrylan şeýle hereket:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;

b) gaýtadan;

ç) adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak arkaly ýa-da şeýle zorlugy ulanmak haýbatyny atyp;

d) ok atýan ýaragy ulanmak bilen edilen bolsa,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler, eger olar guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa ýa-da seresapsyzlyk zerarly adamyň ölümine getiren bolsa ýa-da başga agyr netijelere elten bolsa,

sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

2771 –nji madda. Platformany bikanun eýelemek

 

(1) Ýüzýän ýa-da hereketsiz duran platformanyň oňa gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen bikanun eýelenendigi, şonuň ýaly-da platformada onuň howpsuz ýüzmegine howp döredýän, platformanyň döwülmegine ýa-da dargamagyna getirýän ýaryjy ýa-da beýleki serişdeleriň oturdylandygy, ýa-da ýerleşdirilendigi, şeýle hem şol maksatlara ýetmek üçin hereketleriň edilendigi (hereketsizligi) üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

b) gaýtadan;

ç) adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak, ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen edilse,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.  

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen etmişler guramaçylykly topar tarapyndan amala aşyrylan ýa-da seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Kodekse 2771 maddany goşmaly 2011–nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizildi - (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 55-nji madda)

 

278-nji madda. Ulag geçirijileriň gabalmagy

 

(1) Päsgelçilikleri gurmak ýa-da başga usullar arkaly demir ýol, suw, howa ýa-da awtomobil ulag geçirijileriň, şeýle hem magistral turba ulag geçirijileriň, bilgeşleýin gabalmagy, munuň özi hereketiň kesilmegine ýa-da ulagyň işiniň başga bozulmalaryna elten bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şoňuň ýaly hereketler, eger olar adamlaryň jany we saglygy üçin howp döredilmegi bilen edilen bolsa ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan hereketler, eger-de olar adamlar bilen betbagtçylykly halatlara ýa-da başga agyr ýagdaýlara elten bolsa,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

279-njy madda. Bozgakçylyk

 

(1) Bozgakçylyk üçin, ýagny, jemgyýeti göz-görtele äsgermezlikden ybarat bolan raýatlara zorluk ulanmak ýa-da zorluk ulanmak haýbatyny atmak bilen baglanyşykly bolan, şonuň ýaly-da kesekiniň emlägini ýok etmegi ýa-da zaýalamagy bilen baglanyşykly bolan jemgyýetçilik tertibiniň gödek bozulmagy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şeýle hereket, eger:

a) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan-da köp adam tarapyndan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

b) häkimiýet wekiline ýa-da jemgyýetçilik tertibini goramak wezipesini ýerine ýetirýän ýa-da jemgyýetçilik tertibiniň bozulmalarynyň öňüni alýan başga adama garşylyk görkezmek bilen baglanyşykly;

ç) gaýtadan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Ýarag ulanmak bilen ýa-da ýarag hökmünde zatlary ulanmak bilen amala aşyrylan bozgakçylyk üçin,

iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky we 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda, 2014 ý., № 2, 77-nji madda)

 

280-nji madda. Dag-magdan, gurluşyk ýa-da başga işler geçirilýän mahalynda howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Dag-magdan, gurluşyk ýa-da başga işler geçirilýän mahalynda howpsuzlyk düzgünleri bozulyp, eger şolar seresapsyzlyk zerarly adamlaryň saglygyna agyr zyýan ýetirilmegine elten bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereket, eger ol seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölümine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

2801 madda. Ýaramaz hilli gurluşyk

 

(1) Gurluşyk guramalarynyň ýolbaşçylary, işleri ýerine ýetirijiler we gurluşygyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan wezipeli adamlar tarapyndan ýaramaz hilli gurlan, tamamlanylmadyk ýa-da şertnamanyň we taslama resminamalarynyň şertlerine laýyk gelmeýän binalaryň we desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň, elektrostansiýalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýa-da gaýry gurluşyk obýekitleriniň ulanylmaga tabşyrylanlygy ýa-da kabul edilenligi, şonuň ýaly-da olarda pes hilli bejeriş işleriniň geçirilenligi üçin, eger olar seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr ýa-da ortaça agyrlykda şikes ýetirilmegine getiren bolsa,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

2802 madda. Binagärlik, şäher gurluşyk we gurluşyk işi çygrynda kadalaryň we düzgünleriň bozulmagy

 

(1) Binagärlik, şäher gurluşyk we gurluşyk işi çygrynda kadalaryň we düzgünleriň bozulmagy, eger bu seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

2803 madda. Bilermenlik işleriniň ýa-da inženerçilik hyzmatlarynyň göwnejaý ýerine ýetirilmezligi

 

(1) Bilermenlik işleriniň ýa-da inženerçilik hyzmatlarynyň göwnejaý ýerine ýetirilmänligi üçin, eger bu seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

2804 madda. Kosmos işi amala aşyrylanda howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Kosmos işi amala aşyrylanda howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy, eger bu seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr şikes ýetirilmegine getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(Kodekse 2801, 2802, 2803, 2804 maddalary goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 144-nji madda)

 

281-nji madda. Partlama howply desgalarda howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Partlama howply desgalarda ýa-da partlama howply sehlerde howpsuzlygy üpjün edýän düzgünleriň bozulandygy üçin, eger bu düzgün bozma adamyň ölmegine ýa-da başga hili agyr netijelere getirip biljek bolsa,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzsyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereket seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da mahrum etmän, iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

282-nji madda. Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek wezipesi  öz üstüne ýüklenilen adam tarapyndan onuň bozulandygy üçin, eger ol seresapsyzlyk zerarly adamyň saglygyna agyr ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetiren bolsa,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan üç ýyla çenli mahrum etmek ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereket seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

283-nji madda. Radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň bikanun ulanylmagy

 

(1) Radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň bikanun edinilendigi, saklanylandygy, peýdalanylandygy, berlendigi, bozulandygy, senagat taýdan baýlaşdyrylandygy, görnüşiniň üýtgedilendigi, ýok edilendigi  ýa-da tozadylandygy üçin,

iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 (2011-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 55- nji madda)

 

284-nji madda. Radioaktiw ýa-da ýadro materiallaryny ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

Radioaktiw ýa-da ýadro materiallaryny saklamagyň, bermegiň, peýdalanmagyň, hasaba almagyň, daşamagyň düzgünleriniň we olary ulanmagyň beýleki düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu hereketler radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň fiziki goragynyň bozulmagyna ýa-da beýleki agyr netijelere getiren bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 (2011-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky rkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3,55 nji madda)

 

285-nji madda. Radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň ogurlanylmagy ýa-da gorkuzylyp alynmagy

 

(1) Radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň ogurlanandygy ýa-da gorkuzylyp alnandygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

ç) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen;

d) adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolmadyk zorlugy ulanmak ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen edilse,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.  

(3) Radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak bilen, ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen, ýa-da guramaçylykly topar, ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan ogurlanandygy, ýa-da gorkuzylyp alnandygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp, alty ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddada, şeýle hem şu Kodeksiň 291-nji we 294-nji maddalarynda, gaýtadan edilen jenaýat diýlip, şu maddalarda, şeýle hem şu Kodeksiň 227-233-nji we 271-274-nji maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlardan birini ýa-da birnäçesini öň eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär.

(2011-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 55-nji madda)

 

286-njy madda. Partlaýjy, çalt ýanýan maddalary ýa-da pirotehniki önümleri ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

Partlaýjy, çalt ýanýan maddalary ýa-da pirotehniki önümleri saklamagyň, hasaba almagyň, peýdalanmagyň we daşamagyň düzgünleriniň bozulandygy, şeýle hem bu maddalaryň ýa-da önümleriň poçta ýa-da goş arkaly bikanun iberilendigi, eger bu hereketler seresapsyzlyk sebäpli agyr netijelere getiren bolsa,

iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

287-nji madda. Ýaragyň, ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň ýa-da partladyjy enjamlaryň bikanun edinilmegi, satylmagy, saklanylmagy, äkidilmegi, iberilmegi ýa-da ýanynda göterilmegi

 

(1) Ok atýan ýaragyň, ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň ýa-da partladyjy enjamlaryň bikanun edinilendigi, satylandygy, saklanylandygy, äkidilendigi, iberilendigi ýa-da ýanynda göterilendigi üçin (niliniň içi ýylmanak bolan aw tüpeňi we onuň ok-därileri muňa girmeýär),

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketleriň deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da gaýtadan amala aşyrylandygy üçin,

iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketleriň guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan amala aşyrylandygy üçin,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Gamalaryň, fin pyçaklarynyň ýa-da beýleki sowuk ýaragyň şol sanda zyňylýan ýaragyň bikanun satylandygy ýa-da ony ýanynda göterendigi, şonuň ýaly-da gaz sapançalarynyň, ballonjyklarynyň ýa-da beýleki gaz ýaragynyň bikanun satylandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddada görkezilen zatlary meýletin tabşyran adam, eger onuň hereketlerinde jenaýatyň başga alamaty ýok bolsa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(2010-njy ýylyň 26-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4,72-nji madda)

 

288-njimadda. Ýaragyň bikanun ýasalmagy

 

(1) Ok atýan ýaragyň, ony üpjün edýän şaýlarynyň bikanun ýasalandygy ýa-da abatlanylmagy, şonuň ýaly-da ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň ýa-da partladyjy enjamlaryň bikanun ýasalandygy üçin,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň, ýaly hereketleriň deslapdan dilleşmek boýunça adamaryň topary tarapyndan ýa-da gaýtadan amala  aşyrylandygy üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Gaz ýaragynyň, gamalaryň, fin pyçaklarynyň ýa-da beýleki sowuk ýaragyň, şol sanda zyňylýan ýaragyň bikanun ýasalandygy üçin,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddada görkezilen zatlary meýletin tabşyran adam, eger onuň hereketlerinde jenaýatyň başga alamaty ýok bolsa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

 

289-njy madda. Ok atýan ýaragyň harsal saklanylmagy

 

Ok atýan ýaragyň harsal saklanylandygy, ony başga biriniň ulanmagyna şertleriň döredilendigi üçin, eger bu ýagdaý agyr netijelere getiren bolsa,

bir ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

290-njy madda. Ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary we partladyjy enjamlary gorap saklamak baradaky borçlaryň degişli derejede berjaý edilmezligi

 

Ok atýan ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary ýa-da partladyjy enjamlary gorap saklamak tabşyrylan adamyň, öz borçlaryny degişli derejede berjaý etmändigi üçin, eger bu ýagdaý olaryň ogurlanmagyna ýa-da ýok edilmegine ýa-da başga hili agyr netijelere getiren bolsa,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

291-nji madda. Ýaragyň, ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň ýa-da partladyjy enjamlaryň ogurlanmagy ýa-da gorkuzyp alynmagy

 

(1) Ok atýan ýaragyň, ony üpjün edýän detallaryň, ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň ýa-da partladyjy enjamlaryň ogurlanylandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler, eger:

a) ýarag, ok-däriler, partlaýjy  maddalar ýa-da  partladyjy enjamlar onuň gulluk ýagdaýy bilen baglanyşykly ýa-da gorap saklamak ynanylan adam tarapyndan;

b) gaýtadan;

ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

d) jan ýa-da saglyk üçin howply bolmadyk zorlugyň ulanylmagy bilen amala aşyrylan bolsa,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler üçin, eger olar jan we saglyk üçin howply zorlugyň ulanylmagy bilen guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan amala aşyrylan bolsa,

sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

30 BAP. ILATYŇ SAGLYGYNYŇ GARŞYSYNA

EDILEN JENAÝATLAR

 

292-nji madda. Neşe serişdeleriniň ýa-da psihotropiýa maddalarynyň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy, gaýtadan işlenilmegi, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy, iberilmegi

 

(1) Neşe serişdeleriniň ýa-da psihotropiýa maddalarynyň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylandygy, gaýtadan işlenilendigi, edinilendigi, saklanylandygy, daşalandygy ýa-da iberilendigi, şeýle hem bikanun satylandygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, bäş ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketleriň gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan amala aşyrylandygy üçin ýa-da eger şol hereketleriň maksady uly möçberdäki neşe serişdeleri ýa-da psihotropiýa maddalary bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, sekiz ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Öz gulluk ýagdaýyna görä, neşe serişdeleri ýa-da psihotropiýa maddalary ynanylan ýa-da olary gorap saklaýan adam ýa-da guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketleriň amala aşyrylandygy üçin, şonuň ýaly-da, eger şol hereketleriň maksady aýratyn uly möçberdäki neşe serişdeleri ýa-da psihotropiýa maddalary bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman  hem-de iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän on bäş ýyldanýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellikler.

1. Neşe serişdelerini ýa-da psihotropiýa maddalaryny meýletin tabşyran we neşe serişdeleriniň ýa-da psihotropiýa maddalarynyň bikanun dolanyşygy bilen baglanyşykly jenaýatlaryň üstüniň açylmagyna ýa-da öňüniň alynmagyna, şol işleri amala aşyran adamlary paş etmäge, olaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan emlägini ele salmaga işjeň ýardam eden adam şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketleri üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

2. Şu Kodeksiň 292, 294, 295, 296, 297 maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň haýsy-da bolsa birini öň amala aşyran adam jenaýaty gaýtadan eden diýlip ykrar edilýär.

3 Neşe serişdeler we psihotropiýa maddalary dolanyşygy bikanun girizilende olaryň uly we aýratyn uly möçberlidigi degişli döwlet edarasynyň çykaran netijesi  boýunça kesgitlenilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № ___,___-nji madda)

 

293-nji madda. Neşe serişdeleriniň ýa-da psihotropiýa maddalarynyň satmazlyk maksady bilen bikanun taýýalanylmagy, gaýtadan işlenilmegi, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy, iberilmegi

 

(1) Neşe serişdeleriniň ýa-da psihotropiýa maddalarynyň satmazlyk maksady bilen bikanun taýýarlanylandygy, gaýtadan işlenilendigi, edinilendigi, saklanylandygy, daşalandygy ýa-da iberilendigi üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

2) Şonun ýaly hereketleriň gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan amala aşyrylandygy üçin,

üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellikler.

1. Neşe serişdelerini ýa-da psihotropiýa maddalaryny meýletin tabşyran we neşe serişdeleriň ýa-da psihotropiýa maddalarynyň bikanun dolanyşygy bilen baglanyşykly jenaýatlaryň üstüniň açylmagyna ýa-da öňüniň alynmagyna, şol işleri amala aşyran adamlary paş etmäge, olaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan emlägini ele salmaga işjeň ýardam eden adam şol jenaýat üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

2. Şu maddadaky jenaýaty eden adam şu Kodeksiň 292, 293, 294, 295, 296, 297 maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň haýsy-da bolsa birini öň amala aşyran bolsa, jenaýaty gaýtadan eden diýlip ykrar edilýär.

 

294-nji madda. Neşe serişdeleriniň ýa-da psihotropiýa maddalarynyň ogurlanmagy ýa-da gorkuzyp alynmagy

 

(1) Neşe serişdeleriniň ýa-da psihotropiýa maddalarynyň ogurlanandygy ýa-da gorkuzyp alnandygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler, eger:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

ç) neşe serişdeleri ýa-da psihotropiýa maddalary onuň gulluk ýagdaýy bilen baglanyşykly ýa-da gorap saklamak ynanylan adam tarapyndan;

d) jan ýa-da saglyk üçin howply bolmadyk zorlugyň ulanylmagy bilen amala aşyrylandygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän ýedi ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler guramaçylykly topar tarapyndan, şeýle hem jan ýa-da saglyk üçin howply bolan zorlugyň ulanylmagy bilen amala aşyrylandygy üçin ýa-da eger şol hereketleriň maksady uly möçberdäki neşe serişdeleri ýa-da psihotropiýa maddalary bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, on ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan ýa-da eger şol hereketleriň maksady aýratyn uly möçberlerdäki neşe serişdeleri ýa-da psihotropiýa maddalary bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, on bäş ýyldan ýirgimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № ___,___-nji madda)

 

295-nji madda. Düzümi neşe maddaly gadagan edilen ösümlikleriň bikanun ösdürilip ýetişdirilmegi

 

(1) Göknary, kenebi ýa-da düzümi neşe maddaly ösdürilip ýetişdirilmegi gadagan edilen beýleki ösümlikleri ekendigi ýa-da ösdürip ýetişdirendigi ýa-da şol ösümlikleriň sortuny ýaýradandygy üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler, eger:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça  adamlaryň  topary tarapyndan;

ç) uly möçberde amala aşyrylandygy üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № ___,___-nji madda)

 

296-njy madda. Neşe serişdelerini ýa-da psihotropiýa maddalaryny ulanmaga yrmak

 

(1) Neşe serişdelerini ýa-da psihotropiýa maddalaryny ulanmaga yrandygy üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler, eger:

a) gaýtadan;

b) kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da iki ýa-da şondan hem köp adam babatda;

ç) fiziki zorlugy ulanmak ýa-da şony ulanmak howpuny salmak bilen amala aşyrylandygy üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler, eger seresapsyzlyk sebäpli jebir çekeniň ölmegine getiren bolsa ýa-da onuň saglygyna agyr zeper ýetiren bolsa,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

297-nji madda. Neşe serişdelerini ýa-da psihotropiýa maddalaryny çekmek üçin mesgenleriň guralmagy ýa-da saklanylmagy

 

(1) Narkotiki serişdelerini ýa-da psihotropiýa maddalaryny çekmek üçin mesgenleri gurandygy ýa-da saklandygy üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketleriň gaýtadan amala aşyrylandygy üçin,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Neşe serişdelerini ýa-da psihotropiýa maddalaryny ulanmak üçin jaýlaryň berlendigi üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

298-nji madda aýrylan.

 

299-njy madda. Neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary we olaryň prekursorlaryny, neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary taýýarlamakda ulanylýan gurallary öndürmegiň, edinmegiň, saklamagyň, hasaba almagyň, goýbermegiň, daşamagyň ýa-da  ibermegiň, düzgünleriniň bozulmagy

 

Neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary we olaryň prekursorlaryny, neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary taýýarlamakda ulanylýan gurallary öndürmegiň, edinmegiň, saklamagyň, hasaba almagyň, goýbermegiň, daşamagyň ýa-da ibermegiň düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu hereket görkezilen düzgünleri berjaý etmek öz borçlaryna girýän adam tarapyndan amala aşyrylan bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

300-nji madda. Neşe serişdelerini ýa-da psihotropiýa maddalaryny almaga hukuk berýän reseptleriň ýa-da beýleki resminamalaryň bikanun berilmegi ýa-da galplaşdyrylmagy

 

Neşe serişdelerini ýa-da psihotropiýa maddalaryny almaga hukuk berýän resminamalaryň bikanun berlendigi ýa-da galplaşdyrylandygy üçin,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan üç ýyla çenli mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

301-nji madda. Köpçülikleýin çäreler geçirilende neşe serişdeleriniň ýa-da psihotropiýa maddalarynyň ulanylmagynyň guralmagy

 

Maşgala dabaralary, baýramçylyklar, gezelençler ýa-da beýleki köpçülikleýin çäreler geçirilende neşe serişdelerini ýa-da psihotropiýa maddalaryny ulanmagy gurandygy üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

302-nji madda. Güýçli täsir edýän ýa-da awuly maddalaryň bikanun dolanyşygy

 

(1) Neşe  serişdeleri ýa-da psihotropiýa maddalary bolmadyk güýçli täsir edýän ýa-da awuly maddalaryň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylandygy, gaýtadan işlenilendigi, edinilendigi, saklanylandygy, daşalandygy ýa-da iberilendigi, şonuň ýaly-da bikanun satylandygy üçin,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler, eger:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan amala aşyrylan bolsa,

iki ýyldan bäş ýyla çenli  azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

303-nji madda. Güýçli täsir edýän ýa-da awuly maddalary ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

Neşe serişdeleri ýa-da psihotropiýa maddalary bolmadyk güýçli täsir edýän ýa-da awuly maddalary öndürmegiň, edinmegiň, saklamagyň, hasaba almagyň, goýbermegiň, daşamagyň ýa-da ibermegiň düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger ol olaryň ogurlanmagyna ýa-da düýpli zyýan ýetirilmegine getiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

3031-nji madda. Düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň bikanun dolanyşygy

 

(1) Düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň satmak maksady bilen uly möçberde bikanun taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi, şonuň ýaly-da düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň bikanun dolanyşygy sebäpli bir ýylyň dowamynda administratiw temmisi ulanylan adam tarapyndan düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň satylmagy,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

1. Düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň sanawy we uly möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär.

2. Özünde bar bolan düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdelerini meýletin tabşyran adam şu maddada göz öňünde tutulan etmişler üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

3. Şu maddadaky jenaýaty eden adam şu Kodeksiň 292-294-nji, 3031-nji maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň birini ýa-da birnäçesini öň eden bolsa, bu jenaýat gaýtadan edilen diýlip hasap edilýär.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky we 2015-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 44-nji madda, 2015 ý., № 1, 9-njy madda)

 

304-nji madda. Öýde öndürilen güýçli spirtli içgileriň bikanun taýýarlanylmagy we satylmagy

 

(1) Öýde öndürilýän güýçli spirtli içgileriň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylandygy ýa-da saklanylandygy ýa-da olary öndürmek üçin enjamlaryň satmak maksady bilen taýýarlanylandygy ýa-da saklanylandygy, şonuň ýaly-da görkezilen spirtli içgileriň ýa-da enjamlaryň satylandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden bir ýüz ellisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler, gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan amala aşyrylan bolsa,

emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, zähmete hak tölemegiň ortaça  aýlyk möçberiniň ýetmiş bäşisinden iki ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

305 madda. Içgileri içmek üçin mesgenleriň guralmagy ýa-da saklanylmagy

 

Spirtli içgileri içmek üçin mesgenleriň guralandygy ýa-da saklanylandygy, şonuň ýaly-da şu maksatlar üçin jaýlaryň yzygiderli berlip gelnendigi üçin, eger bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olar bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

306-njy madda. Ýylan zäheriniň bikanun alynmagy, edinilmegi, ýerleşdirilmegi

 

Ýylan zäheriniň bikanun alnandygy, edinilendigi, ýerleşdirilendigi üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan  segsenisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

3061 madda. Nasyň satmak maksady bilen taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy, iberilmegi

 

Nasyň satmak maksady bilen uly möçberde taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi, şonuň ýaly-da nasyň taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy, iberilmegi, satylmagy ýa-da ulanylmagy sebäpli bir ýylyň dowamynda administratiw temmileri iki gezek ulanylan adam tarapyndan nasyň satylmagy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

1. Nasyň şu maddada görkezilen uly möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär.

2. Özünde bar bolan nasy meýletin tabşyran adam bu jenaýat üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

307-nji madda. Hususy lukmançylyk ýa-da hususy farmasewtika işi bilen bikanun meşgullanylmagy

 

(1) Işiň saýlanyp alnan görnüşine ygtyýarnamasy bolmadyk adam tarapyndan hususy  lukmançylyk ýa-da hususy farmasewtika işi bilen meşgullanandygy üçin, eger şeýle işiň netijesinde adamyň saglygyna seresapsyzlyk zerarly ýeňil zeper ýetirilen bolsa,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Adamyň saglygyna agyr ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetiren şonuň ýaly hereket üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da  üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän üç ýyla çenli azatlykdan  mahrum etmek jezasy berilýär.

 (3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereket seresapsyzlyk sebäpli jebir çekeniň ölmegine sebäp bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

308-nji madda. Sanitariýa-epidemiologik düzgünleriň bozulmagy

 

(1) Sanitariýa-epidemiologik düzgünleriň bozulmagy seresapsyzlyk sebäpli adamlaryň köpçülikleýin kesellemegine ýa-da zäherlenmegine getirendigi üçin,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine getiren şonuň ýaly hereket üçin,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek  jezasy berilýär.

 

309-njy madda. Adamlaryň janyna ýa-da saglygyna howp döredýän  ahwalatlar hakyndaky maglumatlaryň ýaşyrylmagy

 

(1) Zyýanly ekologik netijeleri bolan heläkçilikler hakyndaky, töwerekdäki tebigy gurşawyň zaýalanylyşynyň derejeleri baradaky, şeýle hem ilaty şeýle maglumatlar  bilen habardar etmäge borçly adamlar tarapyndan amala aşyrylan, adamlaryň jany ýa-da saglygy üçin howp döredýän beýleki wakalar, maglumatlar ýa-da hadysalar hakyndaky maglumatlaryň ýaşyrylandygy ýa-da  ýoýlandygy üçin,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Adamlaryň saglygyna zyýan ýetiren ýa-da beýleki agyr netijelere getiren şonuň ýaly hereket edilendigi üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden  ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

310-njy madda. Howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelmeýän harytlaryň goýberilmegi ýa-da satylmagy, hyzmatlaryň edilmegi

 

(1) Alyjylaryň jany ýa-da saglygy üçin howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelmeýän harytlaryň goýberilendigi ýa-da satylandygy, işleriň ýerine ýetirilendigi ýa-da hyzmatlaryň edilendigi, şonuň ýaly-da görkezilen harytlaryň, işleriň ýa-da hyzmatlaryň howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan resmi resminamalaryň bikanun berlendigi ýa-da  peýdalanylandygy üçin, eger bu hereketler seresapsyzlyk zerarly adamyň saglygyna zyýan ýetiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler, eger seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine getiren bolsa ýa-da seresapsyzlyk sebäpli iki ýa-da şondan hem köp adamyň saglygyna zeper ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli  azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

31 BAP. EKOLOGIK JENAÝATLAR

 

311-nji madda. Işler geçirilende ekologik howpsuzlygyň düzgünleriniň bozulmagy

 

Senagat, oba hojalyk, ylmy we beýleki desgalaryň taslamalary ýerleşdirilende, gurlanda, ulanmaga berlende töwerekdäki gurşawy goramagyň düzgünleri olary berjaý etmäge jogapkär adamlar tarapyndan bozulandygy üçin, eger şol hereket adamlaryň saglygyna zyýan ýetiren, haýwanlaryň köpçülikleýin ölmegine ýa-da beýleki agyr netijelere getiren radioaktiw ýagdaýyň düýpli üýtgemegine sebäp bolan bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

312-nji madda. Ekologik taýdan howply maddalary we galyndylary daşamagyň, saklamagyň hem-de gaýtadan peýdalanmagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Adamyň jany ýa-da saglygy üçin zyýanly maddalaryň we galyndylaryň bellenilen düzgünleri bozup daşalmagy, saklanylmagy, gömülmegi ýa-da gaýtadan peýdalanylmagy adamlaryň saglygyna ýa-da töwerekdäki gurşawa düýpli zyýan ýetmegine howp döretse,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Töwerekdäki gurşawyň hapalanmagyna, zäherlenmegine ýa-da  zaýalanmagyna, haýwanlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna getiren ýa-da adamyň saglygyna zeper ýetiren şonuň ýaly hereketler üçin,

üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, adamlaryň  köpçülikleýin kesellemegine ýa-da adamyň ölmegine getiren hereketler üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

313-nji madda. Suwlaryň hapalanmagy

 

(1) Ýerüsti we ýerasty suwlaryň, agyz suwy bilen üpjün edýän çeşmeleriň hapalanandygy, zaýalanandygy, peselendigi ýa-da olaryň tebigy özboluşlylygynyň başga hili üýtgändigi üçin, eger şol ýagdaýlar haýwanat ýa-da ösümlik dünýäsine, balyk gorlaryna, tokaý ýa-da oba hojalygyna düýpli zelel ýetmegine sebäp bolan bolsa,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Seresapsyzlyk sebäpli adamyň saglygyna zyýan ýetiren ýa-da haýwanlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna getiren, şonuň ýaly-da goraghanalaryň ýa-da zakaznikleriň çäklerinde ýa-da adatdan daşary ýagdaýly zonada amala aşyrylan şonuň ýaly hereketler üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

3131-nji madda. Suw serişdeleriniň ogurlanylmagy

 

(1) Suw serişdeleriniň suwaryş akabalarynyň kenarlaryny gazyp açmak, gatlalary açmak, ýörite  enjamlary ulanmak arkaly ogurlanmagy, içilýän agyz suwunyň suwarmak üçin ulanylmagy, şeýle hem suwy ogurlamagyň başga görnüşleri we usullary üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler suw desgasyny goraýan adama zorluk etmek ýa-da zorlugy ulanmak howpy astynda edilen bolsa ýa-da suwaryş desgalarynyň zaýalanmagyna ýa-da adam pidalaryna, şeýle hem beýleki agyr netijelere getiren bolsa,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

3132  madda. Suw üpjünçilik kadalarynyň bozulmagy

 

(1) Şäher hojalygyny suw bilen üpjün etmekde bökdençlik döredilenligi, şonuň ýaly-da oba hojalygynda ulanylýan ýerleriň içerki akabalarynyň ýaramaz ýagdaýda saklanylanlygy üçin, eger bu etmişler suw bilen üpjün etmek kadalarynyň düýpli bozulmagyna ýa-da haýwanat ýa-da ösümlik dünýäsine ýa-da oba hojalygyna düýpli zelel ýetmegine getiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler adamyň saglygyna zyýan ýetiren ýa-da haýwanlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna, suwaryş desgalarynyň zaýalanmagyna ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şonuň ýaly hereketler suw desgasyny goraýan adama zorluk etmek ýa-da zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen edilen ýa-da adam pidalaryna getiren bolsa,

üç ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Kodekse 3132 maddasy 2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 29-njy madda.

 

314-nji madda. Atmosferanyň hapalanmagy

 

(1) Desgalary ýa-da beýleki obýektleri ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy netijesinde bellenilen kadalarynyň ýokarlanmagy bilen howanyň hapalanandygy ýa-da tebigy özboluşlylygynyň başga hili üýtgändigi üçin, eger şol hereketler töwerekdäki tebigy gurşawa düýpli zyýan ýetiren bolsa,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Seresapsyzlyk sebäpli adamyň saglygyna zyýan ýetiren şonuň ýaly hereketler üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölümine getiren hereketler üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

315-nji madda. Deňiz gurşawyň hapalanmagy

 

(1) Türkmenistanyň içerki deňiz ýa-da territorial suwlarynyň, şonuň ýaly-da gury ýerdäki çeşmelerden emele gelýän açyk deňiz suwlarynyň adamyň saglygy we deňizleriň janly baýlyklarynyň saglygy üçin zyýanly maddalary, galyndylary we materiallary gömmegiň ýa-da ulag serişdelerinden ýa-da deňizde bina edilen desgalardan dökmegiň düzgünleriniň bozulmagynyň netijesinde hapalanandygy üçin,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Adamyň saglygyna, haýwanat ýa-da ösümlik dünýäsine, balyk gorlaryna, töwerekdäki gurşawa, dynç alyş zolagyna ýa-da kanun tarapyndan goralýan beýleki bähbitlere düýpli zyýan ýetiren şonuň ýaly hereket üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

316-njy madda. Kontinental şelf hakyndaky kanunçylygyň bozulmagy

 

(1) Türkmenistanyň  kontinental şelflerinde desgalaryň we beýleki gurluşlaryň bikanun gurlandygy, olaryň töwereginde ýa-da Türkmenistanyň aýratyn ykdysady zolagynda howpsuzlyk zolagynyň bikanun döredilendigi üçin, şonuň ýaly-da şeýle desgalary, gurluşlary we deňiz gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün edýän serişdeleri gurmagyň, ulanmagyň, gorap saklamagyň we ýapmagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Türkmenistanyň kontinental şelfleriniň ýa-da Türkmenistanyň  aýratyn ykdysady zolagynyň tebigy baýlyklaryna degişli rugsady bolmazdan, barlag, gözleg, işläp taýýarlama işlerini geçirendigi üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

317-nji madda. Ýeriň zaýalanmagy

 

(1) Zäherli himikatlary, dökünleri, ösümlikleriň ösüşini çaltlandyryjylar we beýleki howply himiki ýa-da biologik maddalary ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy netijesinde zyýanly hojalyk önümleri ýa-da başga hili işler arkaly topragyň zäherlenendigi, hapalanandygy ýa-da başga hili zaýalanandygy üçin, olar saklanylanda, peýdalanylanda we daşalanda töwerekdäki tebigy gurşawa ýa-da oba hojalygyna zyýan ýetirilendigi üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Seresapsyzlyk sebäpli adamyň saglygyna zyýan ýetiren, şonuň ýaly-da ekologik taýdan howply zolakda ýa-da adatdan daşary ekologik ýagdaýly zolakda şonuň ýaly hereketleriň amala aşyrylandygy üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

3171-nji madda. Ýerleri özbaşdak eýelemek

 

Daýhan birleşikleriniň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň peýdalanmagyndaky ýerleriň özbaşdak eýelenmegi, sürülmegi we ekilmegi üçin,

hasyly muzdsuz almak bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

318 madda. Suwdaky haýwanlaryň we ösümlikleriň bikanun alynmagy

 

(1) Balyklaryň, deňiz wagşy haýwanlarynyň we beýleki suw haýwanlarynyň ýa-da senetçilik deňiz ösümlikleriniň bellenilen düzgünleri bozmak arkaly alnandygy üçin, eger bu etmişler deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da gulluk ýagdaýyndan peýdalanmak arkaly amala aşyrylan, şonuň ýaly-da uly möçberlerde zyýan ýetirilmegine getiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Işbil (tohum) taşlanylýan ýerlerde ýa-da şoňa tarap köpçülikleýin göçülýän ýollarda ýa-da özi ýöreýän ulag ýüzüş serişdelerini, partlaýjy, himiki maddalary, elektrik toguny ýa-da köpçülikleýin gyrşyň beýleki usullaryny ulanmak bilen amala aşyrylan şonuň ýaly hereket üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da gulluk ýagdaýyndan peýdalanmak arkaly şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleriň amala aşyrylandygy,  şonuň  ýaly-da uly möçberlerde zyýan ýetirilendigi üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

319-njy madda. Ýerasty baýlyklaryny gorap saklamagyň we peýdalanmagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar bilen baglanyşygy bolmadyk magdan çykaryjy kärhanalar ýa-da ýerasty desgalaryň taslamalary düzülende, ýerleşdirilende, gurlanda, ulanyşa girizilende we ulanylanda ýerasty baýlyklary gorap saklamagyň we peýdalanmagyň düzgünleriniň bozulandygy, şonuň ýaly-da gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatýan meýdanlarynda özbaşdak jaý gurandygy üçin, eger bu hereketler ep-ýesli zyýan ýetiren bolsa,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň  ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan otuzysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

320-nji madda. Balyk gorlaryny goramagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

Balyk gorlaryny goramagyň düzgünlerini bozmak bilen, köprüleriň, bentleriň gurlandygy, partladyş we beýleki işleriň amala aşyrylandygy üçin, şonuň ýaly-da gatlalaryň we sorduryjy enjamlaryň ulanylandygy üçin, eger bu hereketler balyklaryň ýa-da beýleki suw haýwanlarynyň köpçülikleýin gyrylmagyna, ot-iým gorlarynyň ep-esli mukdarda ýok edilmegine ýa-da başga hili agyr netijelere getiren bolsa,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

321 madda. Bikanun aw

 

Aw awlamagyň bellenilen düzgünlerini bozmak bilen haýwanlary we guşlary awlamagy amala aşyrandygy üçin, eger bu etmiş:

a) uly zyýan ýetirmek bilen;

b) ýabany haýwanlary we guşlary mehaniki ulag serişdelerini, partlaýjy maddalary, gazlary we köpçülikleýin gyrmagyň beýleki usullaryny ulanmak bilen;

ç) goraghananyň çäklerinde;

d) awlanylmagy bütinleý gadagan edilen ýabany haýwanlar we guşlar babatda;

e) gulluk ýagdaýyndan peýdalanmak bilen;

ä) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş  bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik

Şu maddada görkezilen bikanun aw awlamagyň netijesinde ýetirilen uly zyýan diýlip  haýwanlaryň we guşlaryň bellenilen nyrh boýunça hasaplanyp çykarylan bahasynyň zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden geçýän möçberi hasap edilýär.».

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky, 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky we 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda, 2014 ý., № 1, 44-nji madda; № 4, 145-nji madda)

 

322-nji madda. Agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň bikanun çapylmagy

 

(1) Birinji topara degişli tokaýlarda ýa-da ähli toparlara degişli tokaýlaryň aýratyn goralýan ýerlerinde, şeýle hem döwlet tokaý gaznasyna ýa-da çapylmagy gadagan edilen gazna girmeýän agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň bikanun çapylandygy, şonuň ýaly-da agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň ösüşini bes etmegine çenli zaýalanandygy üçin, eger  bu hereketler ep-esli zyýan ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyndan ýigrimisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Ähli toparlara degişli, şeýle hem döwlet tokaý gaznasyna girmeýän agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň bikanun çapylandygy, şonuň ýaly-da olaryň ösüşini bes etmegine çenli zaýalanandygy üçin, eger şonuň ýaly hereketler:

a) gaýtadan;

b) öz gulluk ýagdaýyny peýdalanan adam tarapyndan;

ç) uly möçberde amala aşyrylan bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jesasy berilýär.

Bellik.

Zähmete hak tölemegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen, jenaýat amala aşyrylan pursadyndaky ortaça aýlyk möçberinden ýitginiň bellenilen nyrh boýunça hasaplanyp çykarylanynyň bäş essesinden geçýän möçberi şu maddada ep-esli möçber, onuň ýigrimi bäş essesi bolsa, uly möçber diýlip ykrar edilýär.

 

323-nji madda. Tokaý toplumlarynyň ýok edilmegi ýa-da zaýalanmagy

 

(1) Tokaý toplumlaryny ýa-da tebigatyň beýleki desgalaryny otlamak arkaly ýa-da umumy howpy bolan başga bir usul bilen bilkastlaýyn ýok edendigi ýa-da zaýalandygy üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Oda ýa-da ýokary derejede howply bolan beýleki çeşmelere seresapsyz çemeleşilmegi netijesinde tokaý toplumlarynyň ýok edilendigi ýa-da zaýalandygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

324-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň we tebigat  desgalarynyň düzgünleriniň bozulmagy

 

Goraghanalaryň, zakaznikleriň, milli seýilgähleriň, tebigat ýadygärlikleriniň we döwlet tarapyndan aýratyn goralyp saklanylýan beýleki tebigy ýerleriň düzgüniniň ep-esli zyýan çekilmegine getiren bozulmasy üçin,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

 

32 BAP. ULAG HEREKETINIŇ WE ONY ULANMAGYŇ HOWPSUZLYGYNYŇ GARŞYSYNA EDILEN JENAÝATLAR

 

325-nji madda. Demir ýol, suw ýa-da howa gatnaw ulaglarynyň hereketiniň we ony ulanmagyň howpsuzlygynyň düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Ýerine ýetirýän  işi ýa-da eýeleýän wezipesi boýunça demir ýol, howa, deňiz ýa-da derýa gatnaw ulaglarynyň hereketiniň we olary ulanmagyň howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmeli adam tarapyndan seresapsyzlyk sebäpli uly möçberde zyýan ýetirilmegi bilen şol düzgünleriň bozulandygy üçin,

bäş ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Seresapsyzlyk sebäpli jebir çekeniň saglygyna agyr ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetiren şonuň ýaly hereket üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereket seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereket seresapsyzlyk zerarly iki ýa-da şondan hem köp adamyň ölmegine getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, alty ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Ýetirilen zyýan zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden geçýän bolsa, ol şu maddada zyýanyň uly möçberi diýlip ykrar edilýär.

 

326-njy madda. Ýol hereketiniň we ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Awtomobili, motosikli ýa-da beýleki mehaniki ulag serişdelerini dolandyrýan adam tarapyndan ýol hereketiniň ýa-da ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin, seresapsyzlyk zerarly uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

Bellikler.

1. Ýetirilen zyýan zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýetmiş bäşisinden artyk möçberde bolsa, ol şu maddada zyýanyň uly möçberi diýlip ykrar edilýär.

2. Ýetirilen zyýanyň doly möçberde öwezini meýletin dolan adam şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(2) Seresapsyzlyk zerarly adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren şonuň ýaly hereket üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddanyň ikinji, üçünji ýa-da dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketi amala aşyran adam, eger jebir çekene kömek etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri gören bolsa, jeza şu maddanyň degişli böleginiň sanksiýasynda göz öňünde tutulan aňrybaş möçberiniň ýarsyndan ýokary bolup bilmez.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

3261 madda. Ulag serişdeleriniň serhoş ýagdaýda dolandyrylmagy

 

(1) Ulag serişdeleriniň serhoş ýagdaýda dolandyrylanlygy üçin, eger bu seresapsyzlykdan adamyň saglygyna ortaça agyr şikes ýetiren ýa-da uly bolmadyk möçberde maddy zyýan ýetirilmegine getiren bolsa,

iki ýyla çenli belli bir wezişpede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, alty aý möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamlar tarapyndan ulag serişdeleriniň serhoş ýagdaýda dolandyrylanlygy üçin, eger bu etmiş şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan netijelere getiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlarda sürüjiniň bellenilen tertipde degişli lukmançylyk barlagyndan geçmekden boýun gaçyrmagy,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň otuzsyndan altmyşyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýatlar üçin öň iş kesilen adam tarapyndan bu jenaýatlar iki ýylyň dowamynda gaýtadan edilen  bolsa,

iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

Bellikler

1. Ýetirilen maddy zyýan zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusundan ýetmiş bäşisine çenli möçberde bolsa, ol şu maddada zyýanyň uly bolmadyk möçberi diýlip ykrar edilýär.

2. Uly bolmadyk möçberde ýetirilen maddy zyýanyň öwezini doly möçberde meýletin dolan adam şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.

(Kodekse 3261 maddany goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __,___-nji madda)

(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № ,-nji madda)

 

327-nji madda. Ulag serişdeleriniň ýaramaz hilli bejerilişi we olaryň tehniki taýdan näsaz ýagdaýda ulanylmaga goýberilmegi

 

(1) Ulag serişdeleriniň, gatnaw ýollarynyň, duýduryjy ýa-da aragatnaşyk serişdeleriniň ýa-da  ulag enjamynyň ýaramaz hilli bejeriş işleri geçirelende edilendigi üçin, şonuň ýaly-da tehniki serişdeleriň tehniki ýagdaýy boýunça jogapkär adam tarapyndan tehniki taýdan näsaz tehniki serişdeleriň ulanylmaga goýberilendigi üçin, eger bu hereketler seresapsyzlyk zerarly uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Seresapsyzlyk sebäpli adamyň saglygyna agyr ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetiren şonuň ýaly hereketler üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly adamyň ölmegine getiren hereketler üçin,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk sebäpli iki ýa-da şondan-da köp adamyň ölmegine getiren hereketler üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

328-nji madda. Ulag serişdeleriniň ýa-da gatnaw ýollarynyň ýaramaz hala getirilmegi

 

(1) Ulag serişdeleriniň, gatnaw ýollarynyň duýduryjy serişdeleriniň ýa-da beýleki ulag enjamynyň bozulandygy, zaýalanandygy ýa-da başga usul arkaly ýaramsyz hala getirilendigi üçin, eger bu hereketler uly möçberli zyýan ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Seresapsyzlyk sebäpli adamyň saglygyna agyr ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetiren şonuň ýaly hereket üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, dört ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly adamyň ölmegine getiren hereketler üçin,

iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 (4) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk sebäpli iki ýa-da köp adamyň ölmegine getiren hereketler üçin,

dört ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

329-njy madda. Ulagyň howpsuz işlemegini üpjün edýän düzgünleriň bozulmagy

 

(1) Ulag serişdeleriniň hereketiniň ýa-da ulanylmagynyň howpsuzlyk düzgünleriniň ýolagçylar, pyýadalar ýa-da herekete beýleki gatnaşyjylar şu Kodeksiň 325 we 326 maddalarynda görkezilenlerden başga adamlar tarapyndan bozulandygy üçin, eger bu hereketler seresapsyzlyk zerarly adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine getiren şonuň ýaly hereket üçin,

iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk sebäpli iki ýa-da köp adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

üç ýyldan alty ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 77-nji madda)

 

330-njy madda. Magistral turbageçirijiler gurlanda, ulanylanda ýa-da bejeriş işleri geçirilende howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Magistral turbageçirijiler gurlanda, ulanylanda ýa-da bejeriş işleri geçirilende howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu hereket uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Seresapsyzlyk sebäpli adamyň saglygyna  agyr  ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetiren şonuň ýaly hereket üçin,

 üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk zerarly iki ýa-da köp adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

331-nji madda. Heläkçilige uçrana gäminiň kapitany tarapyndan kömegiň berilmezligi

 

Deňizde ýa-da beýleki suw ýolunda heläkçilige uçran adamlara, eger gäminiň kapitany tarapyndan şeýle kömek berilmändigi üçin, öz gämiňe, onuň ekipažyna we ýolagçylaryna uly howp döremeýän ýagdaýda kömek berip bolýan bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

332-nji madda. Halkara uçuşlarynyň düzgünleriniň bozulmagy

 

Berlen rugsatda görkezilen ugurlary, gonmaly ýerleri, howa derwezelerini, uçuş belentligini berjaý etmändigi ýa-da halkara uçuşlarynyň düzgünleriniň başga hili bozulandygy üçin,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli bolan möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

XIII BÖLÜM. KOMPÝUTER MAGLUMATY

ÇYGRYNDAKY JENAÝATLAR

 

33 BAP. MAGLUMATLAŞDYRMAK WE

ARAGATNAŞYK ÇYGRYNDAKY JENAÝATLAR

 

333 madda. Maglumatlara, maglumat ulgamyna ýa-da maglumat-telekommunikasiýa toruna bikanun aralaşylmagy

 

(1) Elektron göterijilerde saklanýan we kanun arkaly goralýan maglumata, maglumat ulgamyna ýa-da maglumat-telekommunikasiýa toruna bilkastlaýyn bikanun aralaşylanlygy üçin, eger bu fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren bolsa,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar milli elektron maglumat çeşmeleri we milli maglumat ulgamy babatynda edilen bolsa,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň otuzysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.».

(Kodekse 333 maddany goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __,___-nji madda)

 

334 madda. Maglumaty bikanun ýok etmek ýa-da onuň şekilini üýtgetmek

 

(1) Maglumat ulgamyndaky ýa-da maglumat-telekommunikasiýa torundan geçýän, elektron göterijide saklanýan, kanun arkaly goralýan maglumatyň bilkastlaýyn bikanun ýok edilenligi ýa-da şekiliniň üýtgedilenligi, şonuň ýaly-da görnetin ýalan maglumatyň maglumat ulgamyna girizilenligi üçin, eger bu etmişler fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň ýa-da döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren bolsa,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar milli elektron maglumat çeşmeleri we milli maglumat ulgamy babatynda edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.».

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __, ___-nji madda)

 

3341 madda. Maglumat ulgamynyň we maglumat-telekommunikasiýa torunyň kadaly işini bozmak

 

(1) Maglumat ulgamynyň we maglumat-telekommunikasiýa torunyň kadaly işiniň bozulmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleriň edilenligi üçin,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän,  zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar milli elektron maglumat çeşmeleri we milli maglumat ulgamy babatynda edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýüzüsinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

3342 madda. Maglumaty bikanun eýelemek

 

(1) Maglumat ulgamyndaky ýa-da maglumat-telekommunikasiýa torundan geçýän, elektron göterijide saklanýan, kanun arkaly goralýan maglumatyň bilkastlaýyn bikanun nusgasynyň alnanlygy ýa-da başga usul bilen eýelenilenligi üçin, eger bu etmişler fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň ýa-da döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren bolsa,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatyň zorluk ulanmak, emlägi ýok etmek ýa-da zaýalamak, şonuň ýaly-da jebir çekeni ýa-da onuň ýakyn garyndaşlaryny masgaralaýan ýa-da olaryň bähbitlerine düýpli zyýan ýetirip biljek beýleki maglumatlary ýaýratmak haýbatyny atmak bilen eýelenilenligi üçin,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar milli elektron maglumat çeşmeleri we milli maglumat ulgamy babatynda edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

3343 madda. Görnetin galp maglumatlary ýaýratmak

 

(1) Görnetin galp maglumatlaryň ýaýradylanlygy üçin, eger bu fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren ýa-da jemgyýetçilik tertibiniň bozulmagyna hakyky howp döredip biljek bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ýa-da maglumat-telekommunikasiýa toruny peýdalanmak bilen edilen bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar uly möçberde zyýan ýetirilmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýetmişisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli hlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar köpçülikleýin çäreler geçirilende ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan ýa-da adatdan daşary ýagdaý ýa-da harby ýagdaý düzgüni şertlerinde edilen bolsa,

bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.».

(Kodekse 3341, 3342, 3343 maddalary goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __,___-nji madda)

 

335 madda. Zyýanly programmalaryň döredilmegi, peýdalanylmagy we ýaýradylmagy

 

(1) Maglumat ulgamyndaky ýa-da maglumat-telekommunikasiýa torundan geçýän, elektron göterijide saklanýan, kanun arkaly goralýan maglumaty bikanun ýok etmek, kompýuteriň, abonentiň gurluşyny, kompýuter programmalaryny, maglumat ulgamyny ýa-da maglumat-telekommunikasiýa torunyň kadaly işini bozmak maksady bilen kompýuter programmalarynyň döredilenligi ýa-da programma önümleriniň öndürilenligi ýa-da bar bolan programmalara ýa-da programma önümlerine üýtgetmeleriň girizilenligi, olaryň gabalanlygy, şekiliniň üýtgedilenligi, nusgalarynyň alnanlygy, şonuň ýaly-da şeýle programmalaryň ýa-da programma önümleriniň bilkastlaýyn ulanylanlygy ýa-da ýaýradylanlygy üçin,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar milli elektron maglumat çeşmeleri we milli maglumat ulgamy babatynda ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.».

(2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __, ___-nji madda)

 

3351 madda. Rugsady çäklendirilen elektron maglumat çeşmeleriniň bikanun ýaýradylmagy

 

(1) Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly, eýesi ýa-da eýelik edýän adam tarapyndan rugsady çäklendirilen maglumatlary, şol sanda raýatlaryň şahsy maglumatlaryny saklaýan maglumat çeşmeleriniň bikanun ýaýradylanlygy üçin,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

3352 madda. Bikanun maksatlary yzarlaýan internet-serişdeleri ýerleşdirmek üçin hyzmatyň edilmegi

 

(1) Bikanun maksatlary yzarlaýan internet-serişdeleriň ýerleşdirilenligi, şonuň ýaly-da maglumat-telekommunikasiýa torunda açyk hereket edýän enjamlaýyn-programma toplumlaryny bermek boýunça görnetin bikanun hyzmatyň edilenligi üçin,

iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmişler, eger olar deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

3353 madda. Öýjükli aragatnaşygyň müşderi enjamynyň barabarlyk kodunyň, müşderini barabarlamak enjamynyň kodunyň bikanun üýtgedilmegi, şeýle hem müşderi enjamynyň barabarlyk koduny üýtgetmek üçin programmanyň bikanun döredilmegi, peýdalanylmagy, ýaýradylmagy

 

(1) Öndürijiniň ýa-da kanuny eýesiniň rugsady bolmazdan öýjükli aragatnaşygyň müşderi enjamynyň barabarlyk kodunyň bikanun üýtgedilenligi ýa-da öýjükli aragatnaşygyň müşderisini barabarlamagyň kartynyň öwezliginiň, şeýle hem radioelektron düzüjisi bolan ýokary ýygylykda işleýän tehniki aragatnaşyk enjamlarynyň (Internet şlýuzlarynyň) döredilenligi üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

(2) Öýjükli aragatnaşygyň müşderi enjamynyň barabarlyk koduny üýtgetmäge ýa-da öýjükli aragatnaşygyň müşderisini barabarlamagyň kartynyň öwezligini döretmäge mümkinçilik berýän programmanyň bikanun döredilenligi, peýdalanylanlygy ýa-da ýaýradylanlygy üçin,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýetmişisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.».

(Kodekse 3351, 3352, 3353 maddalary goşmaly 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № __,___-nji madda)

 

XIV BÖLÜM. HARBY JENAÝATLAR

 

34 BAP. HARBY JENAÝATLAR

 

336-njy madda. Harby jenaýatlaryň düşünjesi

 

(1) Harby jenaýatlar diýlip harby gullugy geçmegiň bellenilen tertibiniň garşysyna Ýaragly Güýçlerde, serhet goşunlarynda, Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlarynda, milli howpsuzlyk goşunlarynda we edaralarynda, kanun tarapyndan harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaryň goşunlarynda harby gullugy geçýän harby gullukçylar, şeýle hem harby ýygnanyşyklar geçýän wagtynda ätiýaçlykdaky raýatlar tarapyndan amala aşyrylan şu bapda göz öňünde tutulan jenaýatlar ykrar edilýär.

(2) Harby ýagdaý döwründe harby gulluga garşy edilen jenaýat üçin jenaýat jogapkärçiligi Türkmenistanyň harby döwürdäki kanunçylygy arkaly kesgitlenilýär.

 

337-nji madda. Buýrugyň ýerine ýetirilmezligi

 

(1) Bellenilen tertipde ýolbaşçynyň beren buýrugyny onuň tabynlygyndaky ýerine ýetirmezligi gullugyň bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan amala aşyrylan, şonuň ýaly-da agyr netijelere getiren şeýle hereket üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler üçin,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Gulluga sowuk-sala ýa-da ynsapsyzlyk bilen garamagy netijesinde buýrugy ýerine ýetirmändigi agyr netijelere getiren  bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(5) Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereket üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

338-nji madda. Ýolbaşça garşylyk görkezilmegi ýa-da harby gullugyň borçlaryny bozmaga onuň mejbur edilmegi

 

(1) Ýolbaşça, şonuň ýaly-da öz üstüne ýüklenilen harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän başga bir adama garşylyk görkezilendigi ýa-da zorluk ulanmak bilen ýa-da ony ulanmak howpy bilen onuň şol borçlaryny bozmaga mejbur edilendigi üçin,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan amala aşyrylan bolsa;

b) ýarag ulanmak arkaly amala aşyrylan bolsa;

ç) adamyň saglygyna agyr ýa-da  ortaça  agyrlykda zyýan  ýetiren ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler üçin,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

339-njy madda. Ýolbaşçy babatda zorlukly hereketler

 

(1) Harby gulluk borçlaryny amala aşyrýan wagtynda ýa-da şol borçlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklylykda ýolbaşçyny urandygy ýa-da ol babatda başga zorlugy ulanmagy amala aşyrandygy üçin,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereketler:

a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan amala aşyrylan bolsa;

b) ýarag ulanmak arkaly amala aşyrylan bolsa;

ç) adamyň saglygyna agyr ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetiren ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler üçin,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

340-njy madda. Harby gullukçylaryň arasynda tabynlyk gatnaşyklarynyň ýok mahalynda olaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň tertipnamalaýyn düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Harby gullukçylaryň arasynda tabynlyk gatnaşyklarynyň ýok mahalynda olaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň tertipnamalaýyn düzgünleriniň jebir çekeniň masgaralanmagy ýa-da saglyga ortaça agyrlykda şikesiň ýetirilmegi bilen baglanyşykly bozulandygy üçin,

iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly hereket:

a) gaýtadan;

b) iki ýa-da şondan-da köp adam babatda;

ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan ýarag ulanmak bilen ýa-da agyr netijelere getirmek bilen amala aşyrylan bolsa,

üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

341-nji madda. Harby gullukçynyň masgaralanmagy

 

(1) Harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän wagtynda ýa-da ýerine ýetirmegi bilen baglanyşyklylykda bir harby gullukçy tarapyndan beýleki bir harby gullukçynyň kemsidilendigi üçin, ol şonuň ýaly hereketler üçin berlen düzgün-nyzam temmisinden soň edilse,

harby gulluk boýunça bir ýyla çenli çäklendirmek ýa-da bir ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak jezasy berilýär.

(2) Harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän  mahaly ýa-da ýerine ýetirmegi bilen baglanyşyklylykda tabynlykda bolýanyň ýolbaşçyny, şeýle hem ýolbaşçynyň tabynlykda bolýany kemsitmegi, eger şonuň ýaly hereket üçin öň düzgün-nyzam temmisi berlen bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak jezasy berilýär.

 

342-nji madda. Bölümiň ýa-da gulluk edilýän ýeriň birugsat taşlanyp gaýdylmagy

 

(1) Gulluk edýän bölümini ýa-da ýerini birugsat taşlap gidendigi, şonuň ýaly-da bölümden rugsatly goýberilende, bir ýere bellenilende, başga bir ýere geçirilende, gulluk saparyndan, rugsatdan gullugyna esasly sebäbi bolmazdan gaýdyp gelmändigi ýa-da bejeriş edarasyndan çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän harby gullukçylaryň üç günden köp, ýöne on günden köp bolmadyk dowamlylykda gelmändigi üçin,

harby-düzediş bölüminde iki ýyla çenli saklamak jezasy berilýär.

(2) Harby-düzediş bölüminde bolýan harby gullukçylaryň amala aşyrýan şonuň ýaly hereketleri üçin,

iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Çagyryş boýunça ýa-da borçnama boýunça harby gullugyny geçýän harby gullukçylar tarapyndan harby bölümiň ýa-da gulluk edýän ýeriniň birugsat taşlanyp gidilendigi, şonuň ýaly-da gullugyna esasly sebäbi bolmazdan, öz wagtynda, on günden köp, ýöne bir aýdan köp bolmadyk dowamlylykda gaýdyp gelmändigi üçin,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da harby-düzediş bölüminde iki ýyla çenli saklamak ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan hereketler üçin, eger birugsat galan günleriniň dowamlylygy bir aýdan geçýän bolsa,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(5) Şu maddada göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler üçin, eger birugsat galan wagtyň dowamlylygy bir gije-gündizden geçýän bolsa,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketi birinji gezek amala aşyran harby gullukçy, eger onuň bölümi ýa-da gulluk edýän ýerini birugsat taşlap gitmegi agyr ýagdaýlaryň bolup geçmeginiň netijesinde bolan bolsa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.

 

343-nji madda. Gaçgaklyk

 

(1) Harby gullukdan boýun gaçyrmak maksady bilen gaçgaklyk edendigi, ýagny, bölümi birugsat taşlap gidendigi, şonuň ýaly-da şol maksat bilen gulluk etmäge gelmändigi üçin,

iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Gulluk boýunça ynanylan ýarag bilen gaçandygy, şonuň ýaly-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan gaçgaklyk edendigi üçin,

bäş ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Söweş ýagdaýynda amala aşyrylan gaçgaklyk üçin,

sekiz ýyldan ýigrimi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Bellik.

Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan gaçgaklygy birinji gezek amala aşyran harby gullukçy, eger gaçgaklyk agyr ýagdaýlaryň bolup geçmegi netijesinde ýüze çykan bolsa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.

 

344-nji madda. Harby gulluk borjuny ýerine ýetirmekden jögüsiräp kesellemek ýa-da beýleki usullar bilen boýun gaçyrylmagy

 

(1) Harby gullukçynyň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden jögülik edip kesellän bolmak ýoly bilen ýa-da özüne nähilidir bir ýara salmak (beden agzasyna bilkastlaýyn zyýan ýetirmek) ýa-da resminamalaryny galplaşdyrmak ýa-da başga hili aldaw bilen boýun gaçyrandygy, şonuň ýaly-da harby gulluk borjuny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrandygy üçin,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak jezasy berilýär.       

(2) Harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden doly boşamak maksady bilen amala aşyrylan şonuň ýaly hereketler üçin,

ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddada göz öňünde tutulan söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler üçin,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

345-nji madda. Söweş nobatçylygynda durmagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Türkmenistana duýdansyz çozulmagyny öz wagtynda duýmak we ony yzyna serpikdirmek boýunça ýa-da onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça söweş nobatçylygynda (söweş gullugynda) durmagyň düzgünlerini bozandygy üçin, eger bu hereket döwlet howpsuzlygynyň bähbitlerine zyýan getiren ýa-da getirip biljek bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Agyr netijelere getiren şonuň ýaly hereketler üçin,

üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan,  söweş ýagdaýynda  amala  aşyrylan hereketler üçin,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Söweş  nobatçylygynda (söweş gullugynda)  durmaga  sowuk-sala ýa-da ynsapsyzlyk bilen garalandygy sebäpli onuň düzgünleriniň bozulmagy agyr netijelere getiren bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(5) Şu maddanyň dördünji bölegi tarapyndan göz öňünde tutulan hereketler söweş ýagdaýynda amala aşyrylsa,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

346-njy madda. Serhet gullugynda durmagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Serhet narýadynyň düzümine girýän ýa-da serhet gullugynyň beýleki borçlaryny ýerine ýetirýän adam tarapyndan serhet gullugynda durmagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu hereket döwlet howpsuzlygynyň bähbitlerine zyýan getiren ýa-da getirip biljek bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Agyr netijelere getiren şeýle hereketler üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Serhet gullugynda durmaga sowuk-sala ýa-da ynsapsyzlyk bilen  garalandygy sebäpli onuň düzgünleriniň bozulmagy agyr netijelere getiren bolsa,  

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da  iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

347-nji madda. Garawulçylyk gullugynyň ustaw düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Garawul (wahta) düzümine girýän adam tarapyndan garawulçylyk (wahta) gullugynyň tertipnama (ustaw) düzgünleriniň, bozulandygy üçin, eger bu hereket garawul (wahta) tarapyndan goralýan obýektlere zyýan getiren bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Agyr netijelere getiren şeýle hereket üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda amala aşyrlan hereketler üçin,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Garawulçylyk (wahta) gullugyna sowuk-sala ýa-da ynsapsyzlyk bilen garalandygy sebäpli onuň tertipnamalaýyn düzgünleriniň bozulmagy agyr netijelere getiren bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli  harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(5) Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

348-nji madda. Jemgyýetçilik tertibini goramak we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gullugy ýerine ýetirmegiň düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Jemgyýetçilik tertibini goramak we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gullugy ýerine ýetirmegiň düzgünleriniň goşun narýadynyň düzümine girýän adam tarapyndan bozulandygy üçin, eger bu hereket raýatlaryň hukuklaryna ýa-da kanuny bähbitlerine zyýan ýetiren bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Agyr netijelere getiren şonuň ýaly hereketler üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

349-njy madda. Içerki gullugy ýerine ýetirmegiň we garnizonda patrullyk etmegiň tertipnama düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Içerki gullugyň tertipnama düzgünleriniň bölümiň (garawuldan we wahtadan başga) gije-gündizlik narýadyna girýän adam tarapyndan bozulandygy, şonuň ýaly-da, garnizonda patrullyk etmegiň tertipnama düzgünleriniň patrul narýadyna girýän adam tarapyndan bozulandygy üçin, eger bu hereketler agyr netijelere getiren bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla  çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Söweş ýagdaýynda amala aşyrylan şeýle hereketler üçin,

bir ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

350-nji madda. Heläk bolýan harby gäminiň taşlanylmagy

 

(1) Öz gulluk borjuny iň soňuna çenli ýerine ýetirmedik serkerde tarapyndan, şonuň ýaly-da gäminiň düzüminden serkerde tarapyndan buýruk berilmedik adam tarapyndan heläk bolýan harby gäminiň taşlanylandygy üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Söweş ýagdaýynda amala aşyrylan şonuň ýaly hereket üçin,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

351-nji madda. Harby emlägiň bilkastlaýyn ýok edilmegi ýa-da zaýalanylmagy

 

(1) Ýaragyň, ok-däriniň ýa-da harby tehnikanyň zatlarynyň bilkastlaýyn ýok edilendigi üçin,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Agyr netijelere getiren şeýle hereketler üçin,

üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler üçin,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

352-nji madda. Seresapsyzlyk zerarly harby emlägiň ýok edilmegi ýa-da zaýalanylmagy

 

(1) Seresapsyzlyk sebäpli ýaragyň, ok-därileriň ýa-da harby tehnikanyň zatlarynyň ýok edilendigi ýa-da zaýalanandygy üçin, ol agyr netijelere getiren bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Söweş ýagdaýynda amala aşyrylan şeýle hereketler üçin,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

353-nji madda. Harby emläge aýawsyz garalmagy

 

(1) Gullukda peýdalanmak üçin ynanylan ýaragy, ok-därileri ýa-da harby tehnikanyň zatlaryny aýawly saklamagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu ýagdaý şolaryň ýitirilmegine getiren bolsa,

harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Söweş ýagdaýynda amala aşyrylan şonuň ýaly hereket üçin,

iki ýyldan ýedi ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçynyň özüniň peýdalanmagy üçin berlen zatlary, resmi geýimini ýa-da enjamy satandygy, girewine ýa-da peýdalanmaga (harçlamaga) berendigi üçin,

harby-düzediş bölüminde  bir ýyla çenli saklamak jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler üçin,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

354-nji madda. Töwerekdäkiler üçin juda howply bolan ýaragy we närseleri ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Töwerekdäkiler üçin juda howply bolup durýan ýaragy, ok-därileri, partlaýjy ýa-da başga hili maddalary we närseleri ulanmagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger ol seresapsyzlyk zerarly adamyň saglygyna agyr ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetiren bolsa, harby tehnikany ýok eden bolsa ýa-da başga hili agyr netijelere getiren bolsa,

harby-düzediş bölüminde iki ýyla çenli saklamak ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine getiren şeýle hereket üçin,  

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk sebäpli iki ýa-da şondan-da köp adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

üç ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

355-nji madda. Söweş, ýörite ulag serişdelerini sürmegiň ýa-da ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy

 

(1) Söweş, ýörite ýa-da beýleki ulag serişdelerini sürmegiň ýa-da ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy, eger olar seresapsyzlyk zerarly adamyň saglygyna agyr ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetiren bolsa,

iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 (2) Seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine getiren şonuň ýaly hereket üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlyk sebäpli iki ýa-da şondan-da köp adamyň ölmegine getiren hereket üçin,

dört ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 77-nji madda)

 

356-njy madda. Uçuşlaryň ýa-da olara görülýän taýýarlygyň düzgünleriniň bozulmagy

 

Uçuşlaryň ýa-da olara görülýän taýýarlygyň düzgünleriniň ýa-da harby uçuş apparatlaryny ulanmagyň beýleki düzgünleriniň bozulmagy seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

357-nji madda. Gämi sürmegiň düzgünleriniň bozulmagy

 

Gämi sürmegiň ýa-da harby gämileri ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy seresapsyzlyk sebäpli adamyň ölmegine ýa-da beýleki agyr netijelere getiren bolsa,

üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

358-nji madda. Berlen wezipe ygtyýaryndan ýa-da gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanylmagy

 

(1) Ýolbaşçynyň ýa-da beýleki wezipeli adamyň berlen ygtyýaryndan ýa-da gulluk ygtyýarlaryndan hyýanatçylykly peýdalanandygy, wezipe ygtyýaryny ýa-da gulluk ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrandygy, ygtyýarlygyň  hereketsizligi üçin, eger bu hereketler betnebislik meýilleri ýa-da başga şahsy bähbit bilen amala aşyrylan bolsa we gullugyň bähbidine, harby gullukçylaryň we beýleki raýatlaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,

üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüz ellisine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Adamyň jany üçin ýa-da saglygy üçin howply bolan zorluk bilen baglanyşykly şeýle hereketler üçin,

bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan, adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren hereketler üçin,

üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(4) Şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleginde göz öňünde tutulan söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler üçin,

bäş ýyldan on bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

359-njy madda. Gulluga biperwaý garalmagy

 

(1) Ýolbaşçy ýa-da beýleki wezipeli adamlar tarapyndan öz gulluk borçlaryny, gulluga sowuk-sala ýa-da ynsapsyz garamagyň netijesinde ýerine ýetirmändigi ýa-da degişli derejede berjaý etmändigi üçin, ol gullugyň bähbidine, harby gullukçylaryň we beýleki raýatlaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň kyrkysyndan ýüzüsine çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby düzediş bölüminde saklamak jezasy berilýär.

(2) Adamyň ölmegine ýa-da başga  agyr netijelere getiren şonuň ýaly hereketler üçin,

iki ýyldan bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(3) Şu maddada göz öňünde tutulan söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler üçin,

üç ýyldan on ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine

GOŞUNDY

 

Kazyýetiň hökümi boýunça muzdsuz almaga

degişli bolmadyk emlägiň sanawy

 

Iş kesilen adama şahsy eýeçilik hukugy esasynda degişli bolup durýan ýa-da onuň umumy eýeçilikdäki paýy bolup durýan hem-de iş kesilen üçin we onuň ekläp-saklamagynda durýan adamlar üçin zerur bolan emlägiň we zatlaryň şu aşakdaky görnüşleri muzdsuz almaga degişli däldir:

1. Ýaşaýyş jaýy, öýi ýa-da onuň aýry-aýry bölekleri, eger iş kesilen adam we onuň maşgalasy şolarda hemişelik ýaşaýan bolsa.

2. Esasy käri oba hojalygy bolup durýan adamlar üçin hojalyk maksatly gurluşyklar we maşgalasynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerur bolan mukdardaky öý mallary, şeýle hem mallary üçin ot-iýmler.

3. Oba hojalyk ekinleriniň nobatdaky ekişi üçin zerur bolan tohumlar.

4. Öý goş-golamlary, gap-çanaklar, geýimler:

a) geýim, aýakgap, içki geýimler, ýorgan-düşekler, ulanyşykdaky aşhana we naharhana enjamlary. Gymmat bahaly materiallardan ýasalan şeýle hem çeperçilik gymmaty bolan zatlar muzdsuz alnyp bilner.

b) iş kesilen adama we onuň maşgala agzalaryna juda zerur bolan mebel;

ç) keçeler, iki haly, iki palas;

d) çagalara degişli ähli zatlar.

5. Eger iş kesilen adamyň esasy käri oba hojalygy bolup durýan bolsa, iş kesilen adam we onuň maşgalasy üçin  täze hasyla çenli zerur bolan mukdardaky azyk önümleri, başga halatlarda - zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň bäşisine çenli bolan möçberde azyk önümleri we pul.

6. Nahar taýýarlamak we ýaşaýyş jaýyny ýylatmak üçin niýetlenen ýangyç–odun.

7. Iş kesileniň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň professional kärlerini dowam etdirmek üçin zerur bolan zatlar (şol sanda, gollanmalar we kitaplar).

8. Maýyplaryň hereket etmegi üçin ýörite niýetlenen ulag serişdeleri.

 


З А К О Н

ТУРКМЕНИСТАНА

 

О внесении изменений и дополнений в Уголовный кодекс Туркменистана и утверждении его в новой редакции

 

(Ведомости Меджлиса Туркменистана, 2010 г., № 2, ст. 28)

 

Статья 1. Внести изменения и дополнения в Уголовный кодекс Туркменистана и утвердить его в новой редакции (прилагается).

 

Статья 2. Признать утратившими силу:

часть первую Закона Туркменистана «О внесении изменений и дополнений в некоторые законодательные акты Туркменистана», принятого 26 марта 1998 г.;

Закон Туркменистана «О внесении изменений и дополнений в Уголовный кодекс Туркменистана», принятый 23 марта 2000 г.;

часть пятую Закона Туркменистана «О внесении изменений и дополнений в некоторые законодательные акты Туркменистана», принятого 19 декабря 2000 г.;

Закон Туркменистана «О внесении изменений в Уголовный кодекс Туркменистана», принятый 14 декабря 2002 г.;

Закон Туркменистана «О внесении изменения в Уголовный кодекс Туркменистана», принятый 14 июня 2003 г.;

Закон Туркменистана «О внесении дополнений в Уголовный кодекс Туркменистана», принятый 21 октября 2003 г.;

часть вторую Закона Туркменистана «О внесении изменений и дополнений в некоторые законодательные акты Туркменистана», принятого 16 марта 2004 г.;

пункт 2 Закона Туркменистана «Об отмене уголовной ответственности за нарушения законодательства о религиозных организациях», принятого 13 мая 2004 г.;

Закон Туркменистана «О внесении изменения в некоторые законодательные акты Туркменистана», принятый 10 октября 2004 г.;

часть первую Закона Туркменистана «О внесении изменений и дополнений в некоторые законодательные акты Туркменистана», принятого 25 октября 2004 г.;

Закон Туркменистана «О внесении изменений и дополнений в Уголовный кодекс Туркменистана», принятый 8 марта 2005 г.;

часть седьмую Закона Туркменистана «О внесении изменений и дополнений в некоторые законодательные акты Туркменистана», принятого 14 декабря 2007 г.;

часть вторую Закона Туркменистана «О внесении изменений и дополнений в некоторые законодательные акты Туркменистана», принятого 25 июня 2008 г.;

часть первую Закона Туркменистана «О внесении изменений в Уголовный кодекс Туркменистана и признании утратившими силу некоторых законов Туркменистана», принятого 2 июля 2009 г.

часть первую Закона Туркменистана «О внесении изменений в Уголовный кодекс Туркменистана и признании утратившими силу некоторых законов Туркменистана», принятого 15 августа 2009 г.

Статья 3. Настоящий Закон вступает в силу с 1 июля 2010 года.

 

            Президент                                                        Гурбангулы

        Туркменистана                                               Бердымухамедов

 

гор. Ашхабад

10 мая 2010 года

№ 104-IV.

 

 

УГОЛОВНЫЙ КОДЕКС

ТУРКМЕНИСТАНА

 

ОБЩАЯ ЧАСТЬ

 

РАЗДЕЛ I. УГОЛОВНОЕ ЗАКОНОДАТЕЛЬСТВО

ТУРКМЕНИСТАНА

 

ГЛАВА 1. ЗАДАЧИ И ПРИНЦИПЫ УГОЛОВНОГО

ЗАКОНОДАТЕЛЬСТВА

 

Статья 1. Уголовное законодательство Туркменистана

 

(1) Уголовное законодательство Туркменистана основывается на Конституции Туркменистана, общепризнанных принципах и нормах международного права и состоит из настоящего Кодекса.

(2) Отдельные законы, устанавливающие уголовную ответственность, подлежат включению в настоящий Кодекс.

 

Статья 2. Задачи уголовного законодательства

 

(1)

Уголовное законодательство Туркменистана имеет задачей охрану личности, прав и свобод граждан, интересов общества и государства, собственности, общественного порядка, независимости, конституционного строя и нейтрального статуса Туркменистана, мира и безопасности человечества от преступных посягательств, а также предупреждение преступлений.

(2) Для осуществления этих задач уголовное законодательство Туркменистана закрепляет основания и принципы уголовной ответственности, определяет, какие общественно опасные деяния являются преступлениями, и устанавливает наказания и иные меры уголовно-правового воздействия за их совершение.

 

Статья

3. Принципы уголовного законодательства

 

(1) Уголовное законодательство Туркменистана основывается на принципах законности, равенства граждан перед законом, виновной ответственности, справедливости и гуманизма.

(2)

Преступность деяния, его наказуемость и иные уголовно-правовые последствия определяются уголовным законом.

(3) Лицо подлежит уголовной ответственности только за те действия (бездействие), наступившие вредные последствия, в отношении которых установлена его вина.

(4) Никто не может быть признан виновным в совершении преступления и подвергнут уголовному наказанию иначе как по приговору суда и в соответствии с законом.

(5) Лица, совершившие преступления, равны перед законом и подлежат уголовной ответственности независимо от пола, расы, национальности, языка, имущественного и должностного положения, отношения к религии, убеждений, партийной принадлежности.

(6) Наказание и иная мера уголовно-правового воздействия, подлежащая применению к лицу, совершившему преступление, должны быть справедливыми, строго соответствовать тяжести преступления, обстоятельствам его совершения и личности виновного.

(7) Наказания и иные меры уголовно-правового воздействия, применяемые к лицам, совершившим преступление, не могут иметь своей целью причинение физических страданий или унижение человеческого достоинства.

(8) Никто не может дважды нести уголовную ответственность за одно и то же преступление.

 

Статья 4. Основание уголовной ответственности

 

Основанием уголовной ответственности  является совершение деяния, содержащего все признаки состава преступления, предусмотренного уголовным законом.

 

ГЛАВА 2. ДЕЙСТВИЕ УГОЛОВНОГО ЗАКОНА

ВО ВРЕМЕНИ И ПРОСТРАНСТВЕ

 

Статья 5. Действие уголовного закона во времени

 

(1) Преступность и наказуемость деяния определяются законом, действующим во время совершения этого деяния.

(2) Временем совершения преступления признается время наступления его последствий, а в случаях, когда ответственность установлена за сам факт совершения предусмотренного  уголовным законом действия (бездействия), - время совершения этого действия (бездействия).

 

Статья 6. Обратная сила уголовного закона

 

(1) Закон, исключающий уголовную ответственность, смягчающий наказание или иным образом улучшающий положение лица, совершившего преступление, имеет обратную силу, то есть распространяется на лиц, совершивших соответствующее деяние до вступления такого закона в силу, в том числе на лиц, отбывающих наказание или отбывших наказание, но имеющих судимость. Закон, устанавливающий преступность деяния, усиливающий наказание или иным образом ухудшающий положение лица, обратной силы не имеет.

(2) Если новый уголовный закон смягчает наказуемость деяния, за которое лицо отбывает наказание, назначенное наказание подлежит сокращению в соответствии с пределами, предусмотренными новым законом.

 

Статья 7. Действие уголовного закона в отношении лиц, совершивших преступления на территории Туркменистана

 

(1) Лица, совершившие преступления на территории Туркменистана, подлежат ответственности по уголовному закону Туркменистана.

(2)  Преступления, совершённые в  пределах территориальных вод или воздушного пространства Туркменистана признаются совершёнными на территории Туркменистана. Действие настоящего Кодекса распространяется также на преступления, совершённые на континентальном шельфе и в морской экономической зоне Туркменистана.

(3) Лицо, совершившее преступление на судне, приписанном к порту Туркменистана, находящемся в водном или воздушном пространстве вне пределов Туркменистана, несёт ответственность по уголовному закону Туркменистана, если иное не предусмотрено международным договором Туркменистана.

(4) При совершении преступления на территории двух и более государств ответственность наступает по уголовному закону Туркменистана, если преступление окончено или пресечено на территории Туркменистана.

(5) Вопрос об уголовной ответственности дипломатических представителей иностранных государств и иных лиц, которые пользуются иммунитетом, в случае совершения этими лицами преступления на территории Туркменистана разрешается на основе норм международного права и международных договоров Туркменистана.

 

Статья 8. Действие уголовного закона в отношении лиц, совершивших преступления вне пределов Туркменистана

 

(1) Граждане Туркменистана, а также постоянно проживающие в Туркменистане лица без гражданства, совершившие преступление, предусмотренное уголовным законом Туркменистана, вне пределов Туркменистана, подлежат ответственности по уголовному закону Туркменистана, если ответственность за совершённое деяние предусмотрена уголовным законом государства, на территории которого оно было совершено, и если эти лица не были осуждены в иностранном государстве. При этом не может быть назначено наказание, превышающее верхний предел наказания, предусмотренного законом, действующим в месте совершения преступления.

(2) Иностранные граждане, а также лица без гражданства, не проживающие постоянно в Туркменистане, за преступление, совершённое вне пределов Туркменистана, подлежат ответственности по уголовному закону Туркменистана в случаях, если преступление направлено против Туркменистана или его граждан, а также в случаях, предусмотренных международными договорами Туркменистана, если они не были осуждены в иностранном государстве и не были привлечены к уголовной ответственности на территории Туркменистана.

 

Статья 9. Выдача лиц, совершивших преступление

 

(1) Граждане Тур

кменистана, совершившие преступление на территории иностранного государства, не подлежат выдаче этому государству.

(2) Иностранные

граждане и лица без гражданства, совершившие преступление вне пределов Туркменистана и находящиеся на территории Туркменистана, могут быть выданы иностранному государству для привлечения к уголовной ответственности или отбывания наказания в соответствии с международными договорами и соглашениями Туркменистана, а также конвенциями и иными международно-правовыми актами, к которым присоединился Туркменистан.

 

РАЗДЕЛ II.

ПРЕСТУПЛЕНИЕ

 

ГЛАВА 3. ПОНЯТИЕ ПРЕСТУПЛЕНИЯ,

КАТЕГОРИИ И

ВИДЫ ПРЕСТУПЛЕНИЙ

 

Статья 10.

Понятие преступления

 

Преступлением признается совершённое виновное   общественно опасное деяние (действие или бездействие), причиняющее ущерб или создающее угрозу причинения ущерба объектам, охраняемым уголовным законом.

 

Статья 11. Категории преступлений

 

(1) В зависимости от степени тяжести и формы вины деяния, предусмотренные настоящим Кодексом, подразделяются на преступления небольшой тяжести, средней тяжести, тяжкие и особо

тяжкие.

(2) Преступлениями небольшой тяжести признаются умышленные и неосторожные деяния, за совершение которых уголовным законом предусмотрено максимальное наказание в виде лишения свободы на срок не свыше двух лет.

(3) Преступлениями средней тяжести признаются умышленные и неосторожные деяния, за совершение которых уголовным законом предусмотрено максимальное наказание в виде лишения свободы на срок до восьми лет.

(4) Тяжкими преступлениями признаются умышленные и неосторожные деяния, за совершение которых уголовным законом предусмотрено максимальное наказание в виде лишения свободы на срок до пятнадцати лет.

(5) Особо тяжкими признаются умышленные преступления, за совершение которых уголовным законом предусмотрено наказание в виде лишения свободы на срок до двадцати  пяти лет.

 

Статья 12. Оконченное и неоконченное преступление

 

(1) Преступление признаётся оконченным, если в совершённом лицом деянии содержатся все признаки состава преступления, предусмотренного уголовным законом.

(2) Неоконченным преступлением признаётся приготовление к преступлению или покушение на преступление.

(3) Ответственность за приготовление

к преступлению или покушение на преступление наступает по той же статье уголовного закона, что и за оконченное преступление, со ссылкой на статьи 13 и 14 настоящего Кодекса.

 

Статья 13. Приготовление к преступлению

 

(1) Приготовлением к преступлению признаётся приискание, изготовление

или приспособление средств или орудий, сговор на совершение преступления либо иное умышленное создание условий для совершения преступления, если при этом преступление не было доведено до конца по не зависящим от лица обстоятельствам.

(2) Уголовная ответственность наступает лишь за приготовление к преступлению средней тяжести, тяжкому и особо тяжкому преступлению.

 

Статья 14. Покушение на преступление

 

Покушением на преступление признаётся умышленное действие или бездействие, непосредственно направленное на совершение преступления, если при этом преступление не было доведено до конца по не зависящим от лица обстоятельствам.

 

Статья 15. Длящееся преступление

 

(

1) Длящимся преступлением признается деяние, признаки которого предусмотрены одной статьёй или частью статьи уголовного закона, состоящее в осуществлении этого деяния в течение неопределённого времени.

(2) Длящееся преступление признается оконченным с момента прекращения совершения деяния либо момента наступления события, препятствующего его продолжению.

 

Статья 16. Продолжаемое преступление

 

(1) Продолжаемым преступлением признаётся деяние, признаки которого предусмотрены одной статьёй или частью статьи уголовного закона, и состоящее из двух или более тождественных деяний, охватываемых единым умыслом и имеющих общую цель.

(2) Продолжаемое преступление признаётся оконченным с момента совершения последнего преступного деяния.

 

Статья 17. Повторность преступлений

 

(1) Повторностью преступлений признаётся совершение двух или более преступлений, предусмотренных одной статьёй или частью статьи Особенной части настоящего Кодекса. Совершение двух или более преступлений, предусмотренных различными статьями Уголовного кодекса Туркменистана, может быть признано повторностью только в случаях, специально указанных в Особенной части Уголовного кодекса Туркменистана.

(2) Преступление не признаётся повторным, если за ранее совершённые преступления лицо, их совершившее, освобождено от уголовной ответственности или наказания либо судимость за эти преступления была погашена или снята в установленном законом порядке.

 

Статья 18. Совокупность преступлений

 

(

1) Совокупностью преступлений признаётся совершение двух или более деяний, предусмотренных различными статьями или частями статьи уголовного закона, ни за одно из которых лицо не было осуждено.

(2) Совокупностью преступлений

признаются и те случаи, когда лицо совершает одно деяние, предусмотренное двумя или более статьями уголовного закона.

(3) Если преступление предусмотрено общей и специальной нормой, совокупность отсутствует, и ответственность наступает по специальной норме.

(4) При совокупности преступлений лицо несёт  ответственность за каждое совершённое преступление по соответствующей статье или части статьи уголовного закона.

 

Статья 19. Рецидив преступлений

 

(1) Рецидивом преступлений признаётся совершение умышленного преступления лицом, имеющим судимость за ранее совершённое умышленное преступление.

(2) Рецидив преступлений признается опасным:

а) при совершении умышленного преступления, если ранее лицо два раза было осуждено к лишению свободы за умышленное преступление;

б) при совершении умышленного тяжкого преступления, если ранее лицо было осуждено за умышленное тяжкое или особо тяжкое преступление.

(

3) Рецидив преступлений признается особо опасным:

а) при совершении лицом умышленного преступления, за которое оно осуждается к лишению свободы, если ранее лицо три и более раза осуждалось к лишению свободы за умышленное тяжкое или средней тяжести преступление;

б) при совершении лицом особо тяжкого преступления, если ранее оно было осуждено за особо тяжкое преступление.

(4) Судимости за преступления, совершённые в возрасте до восемнадцати лет, а также судимости, снятые или погашенные в порядке, установленном статьей 81 настоящего Кодекса, не учитываются при признании рецидива.

 

ГЛАВА 4. ЛИЦА, ПОДЛЕЖАЩИЕ УГОЛОВНОЙ ОТВЕТСТВЕННОСТИ

 

Статья 20. Общие условия уголовной ответственности

 

Уголовной ответственности подлежит вменяемое физическое лицо, достигшее возраста, установленного настоящим Кодексом.

 

Статья 21. Возраст, с которого наступает уголовная ответственность

 

(1) Уголовной ответственности подлежат лица, которым до совершения преступления исполнилось шестнадцать лет.

(2) Лица, совершившие

преступления в возрасте от четырнадцати до шестнадцати лет, подлежат уголовной ответственности за умышленное убийство (статья 101), умышленное причинение тяжкого вреда здоровью (статья 107), умышленное причинение вреда здоровью средней тяжести (статья 108), изнасилование (статья 134), кражу (статья 227), грабёж (статья 230), разбой (статья 231), вымогательство (статья 232), неправомерное завладение чужим транспортным средством (статья 234), умышленное уничтожение или повреждение имущества (часть вторая статьи 235), хищение либо вымогательство оружия, боеприпасов, взрывчатых веществ и взрывных устройств (статья 291), незаконное изготовление, переработка, приобретение, хранение, перевозка, пересылка наркотических средств или психотропных веществ с целью сбыта (статья 292), хищение либо вымогательство наркотических средств или психотропных веществ (статья 294).

 

Статья 22. Вменяемость

 

Вменяемым признается лицо, которое во время совершения преступления осознавало характер и значение своих действий (бездействия) и руководило ими.

 

Статья 23. Невменяемость

 

(1) Не подлежит уголовной ответственности лицо, которое во время совершения деяния, предусмотренного уголовным законом, не могло осознавать характер и значение своих действий (бездействия), их общественную опасность либо руководить ими вследствие психического заболевания, временного болезненного психического расстройства или слабоумия.

(2) Лицу, совершившему предусмотренное уголовным законом деяние в состоянии невменяемости, судом могут быть назначены принудительные меры медицинского характера, предусмотренные настоящим Кодексом.

 

Статья 24. Уголовная ответственность вменяемых лиц с отставанием в психическом развитии

 

Лицо, которое во время совершения преступления являлось вменяемым, но испытывало затруднение в осознании характера и значения своих действий (бездействия) или в руководстве ими в силу отставания в психическом развитии или болезненного психического состояния, подлежит уголовной ответственности. Указанные обстоятельства учитываются при назначении вида и размера наказания.

 

Статья 25. Уголовная ответственность лиц, совершивших преступление в состоянии опьянения

 

(1) Лицо, совершившее преступление в состоянии опьянения, вызванном употреблением алкоголя, наркотических или других одурманивающих веществ, подлежит уголовной ответственности.

  1. Причины опьянения, степень опьянения и его влияние на совершение преступления учитываются при назначении наказания.

 

ГЛАВА 5.  ВИНА

 

Статья 26. Вина и её формы

 

(1) Вина - это сознательно-волевое психическое отношение лица к совершаемому преступлению, выраженное в форме умысла или неосторожности.

(2) Виновным в преступлении может быть признано лишь лицо, совершившее общественно опасное деяние умышленно или по неосторожности.

(3) Деяние, совершённое по неосторожности, признаётся преступлением только в случаях, когда это прямо предусмотрено уголовным законом.

 

Статья 27. Преступление, совершённое умышленно

 

(

1) Преступлением, совершённым умышленно, признается общественно опасное деяние, совершённое с прямым или косвенным умыслом.

(2) Преступление признается совершённым с прямым умыслом, если лицо, его совершившее, сознавало общественно опасный характер своего действия или бездействия, предвидело его общественно опасные последствия, желало их наступления, либо предвидело неизбежность наступления этих последствий.

(3) Преступление признается совершённым с косвенным умыслом, если лицо, его совершившее, сознавало общественно опасный характер своего действия или бездействия, предвидело его общественно опасные последствия, не желало, но сознательно допускало наступление этих последствий либо относилось к ним безразлично.

 

Статья 28. Преступление, совершённое по неосторожности

 

(1) Преступлением, совершённым по неосторожности, признается общественно опасное деяние, совершённое по самонадеянности или небрежности, повлёкшее наступление общественно опасных последствий.

(2) Преступление признается совершённым по самонадеянности, если лицо, его совершившее, сознавало общественную опасность своего действия или бездействия, предвидело возможность наступления общественно опасных последствий, но легкомысленно рассчитывало их предотвратить.

(3) Преступление признаётся совершённым по небрежности, если лицо, его совершившее, не сознавало общественную опасность своего действия или бездействия, не предвидело возможности наступления общественно опасных последствий, хотя при необходимой внимательности и предусмотрительности должно было и могло их предвидеть.

 

Статья 29. Ответственность за преступление, совершённое при сочетании умысла и неосторожности (двойная форма вины)

 

(1) Двойная форма вины характеризуется умышленным совершением преступления и неосторожностью по отношению к наступившим в результате этого преступления последствиям. В целом такое преступление признается совершённым умышленно.

(2) Если в результате совершения умышленного преступления наступают последствия, с которыми закон связывает более строгое наказание, уголовная ответственность за такие последствия может наступить только в случае, если лицо не предвидело, но должно было и могло предвидеть возможность наступления таких последствий или в случае, если лицо предвидело возможность их наступления, но легкомысленно рассчитывало их предотвратить.

 

Статья 30. Невиновное причинение вреда (случай)

 

(1) Деяние признается совершенным невиновно, если лицо не сознавало его общественной опасности или не предвидело возможность наступления общественно опасных последствий своего действия (бездействия) и по обстоятельствам дела не должно было или не могло их предвидеть.

(2) Деяние признается также совершённым невиновно, если лицо его совершившее, хотя и предвидело возможность наступления общественно опасных последствий, но не могло их предотвратить в результате несоответствия его психофизиологических качеств экстремальным условиям или нервно-психологическим перегрузкам.

 

Статья 31. Юридическая и фактическая ошибка

 

(

1) Если лицо, совершая предусмотренное уголовным законом деяние, не сознавало и не могло по обстоятельствам дела сознавать его противоправность, оно не подлежит уголовной ответственности.

(2)

Если лицо, совершая предусмотренное уголовным законом деяние, добросовестно заблуждалось относительно фактических обстоятельств, относящихся к составу данного преступления, то оно не может нести ответственность за умышленное совершение этого деяния.

(3) Если закон связывает более строгое наказание с наличием определённых фактических обстоятельств, но лицо, совершая преступление, добросовестно заблуждалось относительно этих обстоятельств, то оно не подлежит более строгой ответственности.

 

ГЛАВА 6. СОУЧАСТИЕ В ПРЕСТУПЛЕНИИ

 

Статья 32. Понятие соучастия в преступлении

 

Соучастием в преступлении признаётся умышленное совместное участие двух или более лиц в совершении умышленного преступления.

 

Статья 33. Виды соучастников

 

(1) Соучастниками преступления наряду с исполнителем признаются организатор, подстрекатель и пособник.

(2) Исполнителем признается лицо, непосредственно совершившее преступление либо непосредственно участвовавшее в его совершении совместно с другими лицами (соисполнителями), а также совершившее преступление посредством использования других лиц, в силу закона не подлежащих уголовной  ответственности.

(3) Организатором признаётся лицо, организовавшее совершение преступления или руководившее его исполнением, а равно лицо, создавшее организованную группу для совершения преступления или преступное сообщество либо руководившее ими.

(4) Подстрекателем признается лицо, склонившее к совершению преступления путём уговора, подкупа, угрозы или другим способом.

(5) Пособником признаётся лицо, содействовавшее совершению преступления советами, указаниями, предоставлением информации,  орудий или средств совершения преступления либо устранением препятствий, а также лицо, заранее обещавшее скрыть преступника, оружие или иные средства совершения преступления, следы преступления либо предметы, добытые преступным путём, а равно лицо, заранее обещавшее приобрести или сбыть такие предметы.

 

Статья 34. Совершение преступления группой лиц по предварительному сговору, организованной группой или преступным сообществом

 

(1) Преступление признаётся совершённым группой лиц по предварительному сговору, если в нём участвовали два и более лица, заранее договорившиеся о совместном его совершении.

(2) Преступление признаётся совершённым организованной группой,  если оно совершено устойчивой группой лиц, заранее объединившихся для совершения одного или нескольких преступлений.

(3) Преступление признаётся совершённым преступным сообществом, если оно совершено лицами, предварительно сорганизовавшимися в устойчивую, сплочённую, управляемую организацию, созданную для совершения тяжких и особо тяжких преступлений.

(4) Лицо, организовавшее преступное сообщество либо руководившее им, несёт ответственность за организацию и руководство преступным сообществом, а также за все совершённые сообществом преступления, если они охватывались его умыслом. Другие участники преступного сообщества несут ответственность за участие в нём и преступления, в совершении или подготовке которых  они участвовали.

(5) Совершение преступления группой лиц по предварительному сговору, организованной группой или преступным сообществом  влечёт более строгое наказание на основании и в пределах, установленных настоящим Кодексом.

 

Статья 35. Ответственность соучастников

 

(1) Ответственность соучастников определяется степенью и характером участия каждого из них в совершении преступления.

(2) Соисполнители отвечают по одной статье уголовного закона за совместно совершённое ими преступление.

(3) Ответственность организатора, подстрекателя и пособника наступает по той же статье Особенной части Уголовного кодекса, что и исполнителя, со ссылкой на статью 33 настоящего Кодекса.

(4) В случае недоведения исполнителем преступления до конца по не зависящим от него обстоятельствам, остальные соучастники преступления несут ответственность

за соучастие в приготовлении к совершению преступления или в покушении на совершение преступления.

 

Статья 36. Эксцесс исполнителя

 

Эксцессом исполнителя признаётся совершение исполнителем преступления, не охватывающегося умыслом других соучастников. За эксцесс исполнителя другие соучастники уголовной ответственности не подлежат.

 

ГЛАВА 7. ОБСТОЯТЕЛЬСТВА, ИСКЛЮЧАЮЩИЕ

ПРЕСТУПНОСТЬ ДЕЯНИЯ

 

Статья 37. Необходимая оборона

 

(1) Не является преступлением и признаётся правомерной защита личности, прав и законных интересов обороняющегося, другого лица, общества и государства путём причинения любого вреда посягающему, если нападение было совершено с