Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini ulanmagyň tertibi hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini ulanmagyň tertibi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1998 ý.¸ № 1¸ 1- madda)

 

1 madda. 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 6  maddasyna laýyklykda jenaýat taýdan  temmi berilýän etmişi eden adamyň jenaýat jogapkärçiligini aradan aýyrýan, jezasyny ýeňilleşdirýän ýa-da ýagdaýyny başga hili gowulandyrýan kanunyň güýjüniň yzyna hereket edýändigi bilen baglanyşyklylykda:

a) 1998 ýylyň 1 ýanwaryndan başlap güýje girizilen Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça jenaýat diýlip ykrar edilmeýän etmiş üçin 1961 ýylyň 22 dekabryndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça 1998 ýylyň 1 ýanwaryna çenli iş kesilen adamlar jezasyny çekmekden boşadylmaga degişlidir;

b) doznaniýe, deslapky derňew edaralarynda we sudlarda önümçilikde bolan, 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça jenaýat diýlip ykrar edilmeýän etmişler hakyndaky jenaýat işleri bes edilmäge degişlidir.

 

2 madda. 1961 ýylyň 22 dekabryndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça iş kesilen, jezasyny çekmedik adamlara jeza çäreleri şu halatlarda, haçan-da olara bellenilen jeza 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň degişli maddalarynda göz öňünde tutulandakydan has ýowuz bolsa, ol 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat  kodeksine  laýyk  getirilýär diýip bellemeli.

 

3 madda. Zähmete hökman çekmek bilen şertli iş kesilen adamlara (1961 ýylyň 22 dekabryndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 24-1 maddasy), şeýle hem özleri barasynda hökümiň ýerine ýetirilmegini gaýra goýmak ulanylan adamlara (1961 ýylyň 22 dekabryndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 45-1 maddasy) bellenilen jeza çäresi şertli iş kesmäge çalşyrylýar  (1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 68 maddasy).

Zähmete hökman çekmek bilen azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinden şertli boşadylan adamlara (1961 ýylyň 22 dekabryndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 52-2 maddasy), azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezasynyň çekilmedik bölegi şertli iş kesmäge çalşyrylýar (1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 68 maddasy).

 

4 madda. Düzediş koloniýalarynda azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezasyny çekýän adamlara olary saklamagyň düzgüni 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyk getirilýär.

 

5 madda. 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça koloniýalarda-poseleniýelerde jezany çekmegiň diňe seresapsyzlykdan edilen jenaýatlar üçin kesgitlenilendigi bilen baglanyşyklylykda, bilkastlaýyn jenaýat edendigi üçin koloniýalarda-poseleniýelerde jezasyny çekýän adamlary saklamagyň düzgüni 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyklykda kesgitlenilýär.

 

6 madda. Şu Kanunyň 1 maddasynyň «a» punktuna laýyklykda jezasyny çekmekden boşadylan adamlar, şeýle hem ön jezasyny çeken ýa-da jezasyny çekmekden möhletinden öň boşadylan adamlar, eger olara 1997 ýylyň 12 iýunyndaky Türkmenistanyň jenaýat kodeksine laýyklykda jenaýat bolup durmaýan etmiş üçin iş kesilen bolsa, sud edilenlik aýby bolmadyk hasap edilýär.

 

7 madda. Şu Kanuny ýerine ýetirmek:

a) şu Kanunyň 1 maddasynyň «a» punktunda, 2, 3 we 4 maddalarynda görkezilen adamlar barasynda - şol adamlar barasynda hökümleri ýerine ýetirýän edaralaryň ýazyp bermegi boýunça jezanyň çekilýän ýerindäki sudlaryň;

b) şu Kanunyň 1 maddasynyň «b» punktuna laýyklykda bes edilmäge degişli işler barasynda - doznaniýe, deslapky derňew edaralarynyň we sudlaryň üstüne ýüklenilýär.

 

           Türkmenistanyň                                        Saparmyrat

           Prezidenti                                                  Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

1998-nji ýylyň 6-njy fewraly

№ 270 - 1

 

 

 


З А К О Н

ТУРКМЕНИСТАНА

 

О порядке применения Уголовного кодекса Туркменистана

 

(Ведомости Меджлиса Туркменистана 1998 г., № 1, ст. 1)

 

Статья 1. В связи с тем, что в соответствии со статьей 6 Уголовного кодекса Туркменистана от 12 июня 1997 года закон, устраняющий уголовную ответственность, смягчающий наказание или иным образом улучшающий положение лица, совершившего уголовно-наказуемое деяние, имеет обратную силу:

а) лица, осужденные до 1 января 1998 года по Уголовному кодексу Туркменистана от 22 декабря 1961 года за деяния, которые по Уголовному кодексу Туркменистана, введенному в действие с 1 января 1998 года, не признаются преступлением, - подлежат освобождению от наказания;

б) находящиеся в производстве органов дознания, предварительного следствия и судов уголовные дела о деяниях, которые по Уголовному кодексу Туркменистана от 12 июня 1997 года не признаются преступлением, - подлежат прекращению.

Статья 2. Установить, что меры наказания лицам, осужденным по Уголовному кодексу Туркменистана от 22 декабря 1961 года, не отбывшим наказание, приводятся в соответствие с Уголовным кодексом Туркменистана от 12 июня 1997 года в тех случаях, когда назначенное им наказание является более строгим, чем предусмотрено соответствующей статьей Уголовного кодекса Туркменистана от 12 июня 1997 года.

Статья 3. Лицам, условно осужденным к лишению свободы с обязательным привлечением к труду (статья 24-1 Уголовного кодекса Туркменистана от 22 декабря 1961 года), а также лицам, в отношении которых была применена отсрочка исполнения приговора (статья 45-1 Уголовного кодекса Туркменистана от 22 декабря 1961 года), назначенное наказание заменяется на условное осуждение (статья 68 Уголовного кодекса Туркменистана от 12 июня 1997 года).

Лицам, условно освобожденным из мест лишения свободы с обязательным привлечением к труду (статья 52-2 Уголовного кодекса Туркменистана от 22 декабря 1961 года), неотбытая часть наказания в виде лишения свободы заменяется на условное осуждение (статья 68 Уголовного кодекса Туркменистана от 12 июня 1997 года).

Статья 4. Лицам, отбывающим наказание в виде лишения свободы в исправительных колониях, режим содержания приводится в соответствие с Уголовным кодексом Туркменистана от 12 июня 1997 года.

Статья 5. В связи с тем, что по Уголовному кодексу Туркменистана от 12 июня 1997 года отбывание наказания в колониях-поселениях определено только за преступления, совершенные по неосторожности, лицам, отбывающим наказание в колониях-поселениях за умышленные преступления, режим содержания определяется в соответствии с пунктом 5 статьи 67 Уголовного кодекса Туркменистана от 12 июня 1997 года.

Статья 6. Лица, освобожденные от наказания в соответствии с пунктом «а» статьи I настоящего Закона, а также лица, ранее отбывшие наказание или освобожденные от отбытия наказания досрочно, если они были осуждены за деяния, которые согласно Уголовному кодексу Туркменистана от 12 июня 1997 года не являются преступлениями, считаются не имеющими судимости.

Статья 7. Исполнение настоящего Закона возлагается:

а) в отношении лиц, указанных в пункте «а» статьи 1, статьях 2, 3 и 4 настоящего Закона, - на суды по месту отбывания наказания по представлению органов, исполняющих  приговоры в отношении этих лиц;

б) в отношении дел, подлежащих прекращению в соответствии с пунктом «б» статьи 1 настоящего Закона, - на органы дознания, предварительного следствия и суды.

 

Президент                                  Сапармурат

Туркменистана                         Туркменбаши

 

гор. Ашгабат

6 февраля 1998 г.

№ 270 - 1