Türkmenistanyň Adalat ministriniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryny

ýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

 

“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasyna, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 66-njy we 68-nji maddalaryna laýyklykda hem-de “Saglygy goraýyş edaralarynda dogluş we ölüm halatlaryny tassyklaýan resminamalaryň görnüşlerini hem-de olary ýöretmek boýunça resminamalary tassyklamak hakyndaTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň 22-nji maýynda çykaran 173 belgili buýrugynyň          2018-nji ýylyň 14-nji iýunynda 1137 belgi bilen döwlet belligine alnandygy bilen bagly, buýurýaryn:

  1. Türkmenistanyň Adalat ministriniň şu namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
  1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2006-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda 417 belgi bilen bellige alnan, “Saglygy goraýyş edarasynyň käbir şahadatnamalarynyň we delilhatlarynyň görnüşlerini tassyklamak hakynda” Türkmenıstanyň Adalat ministrinıň  2006-njy ýylyň 13-njı oktýabrynda çykaran   43-ÖB belgili buýrugyny;
  2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2010-njy ýylyň 9-njy iýunynda 525 belgi bilen bellige alnan, “Saglygy goraýyş edarasynyň käbir şahadatnamalarynyň we delilhatlarynyň görnüşlerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2006-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda çykaran        43-ÖB belgili buýrugyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2010-njy ýylyň 31-nji maýynda çykaran 12 ÖB belgili buýrugyny.
  1. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli.
  2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ministriň orunbasary                         M. Taganowa tabşyrmaly.

 

Ministr                                              B. Muhamedow