Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň

transplantasiýasy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 55-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 01.12.2018 ý. № 103-VI Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we ol ilatyň saglygynyň goralmagyna gönükdirilendir.

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy (oturdylmagy) – hirurgiýa operasiýasy arkaly resipiýentiň ýok bolan ýa-da adamyň ýaşaýşa ukyplylygyny üpjün edip bilmeýän, zeper ýeten beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň diri donoryň ýa-da merhum donoryň beden agzalary we (ýa-da) dokumalary bilen çalşylmagy (mundan beýläk - transplantasiýa);

2) adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagy – hirurgiýa operasiýasy arkaly diri donordan ýa-da merhum donordan beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagy hem-de olaryň immunologik barlagy, konserwasiýasy we saklanylmagy;

3) adamyň beden agzalary we (ýa-da) dokumalary – şahsyýetiň hususy häsiýetleri tapawutlandyrylmaýan anatomik gurluşlar (bütewi agzalar, agzalaryň bölekleri, öýjükler toplumy, aýry-aýry öýjükler);

4) diri donor – resipiýente transplantasiýa üçin beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna bellenilen tertipde meýletin razylygyny beren adam;

5) merhum donor – resipiýente transplantasiýa üçin ýogalandan soň beden agzalary we (ýa-da) dokumalary alynýan adamyň bedeni;

6) ölüm – adamyň kelle beýnisiniň işjeňliginiň yza gaýduwsyz kesilmesi (kelle beýni ölümi), şunda onuň ýürek işjeňligi we dem alşy derman serişdeleriniň we lukmançylyk gurallarynyň kömegi bilen emeli ýagdaýda wagtlaýyn saklanyp bilner;

7) resipiýent – transplantasiýa amala aşyrylýan şahs.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň transplantasiýa hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň transplantasiýa hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we transplantasiýa babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaky kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi transplantasiýa çygrynda ýüze çykýan  gatnaşyklara degişli bolup durýar.

2. Şu Kanunyň hereketi adamyň köpeliş hadysasyna (ýumurtga öýjügi, döl, ýumurtgalyk, ýumurtgajyk ýa-da embrion), şeýle hem gan (onuň düzüm bölekleri) we dokuma düzüm böleklerine degişli gatnaşyklara degişli däldir.

 

4-nji madda. Transplantasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

Transplantasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagy, saklanylmagy we transplantasiýasy babatda ygtyýarly döwlet saglygy goraýyş edaralary amala aşyrýarlar.

 

5-nji madda. Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagynyň, saklanylmagynyň we transplantasiýasynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

 

1. Аdamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagynyň, saklanylmagynyň we transplantasiýasynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Diri donordan we merhum donordan beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagy, saklanylmagy we transplantasiýasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň  rugsatnamasyna laýyklykda döwlet saglygy goraýyş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi transplantasiýa bolan we tranplantasiýa mätäç adamlaryň sanawyny ýöredýär.

Sanawy ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

6-njy madda. Transplantasiýanyň şertleri we tertibi

 

1. Diri donordan ýa-da merhum donordan transplantasiýa diňe, eger başga saglygy goraýyş usullary resipiýentiň janyny saklap galmagyny ýa-da onuň saglygynyň dikeldilmegini kepillendirip bilmeýän mahalynda we transplantasiýanyň zerurlygy hakynda lukmançylyk netijenamasy esasynda amala aşyrylyp bilner.

2. Transplantasiýanyň zerurlygy hakynda lukmançylyk netijenamasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilen tertipde, saglygy goraýşyň düzüminde bejergi berýän lukmany, transplantolog lukmany, hirurg lukmany, anesteziolog lukmany, zerur bolan halatynda bolsa - beýleki hünärmen-lukmanlary bolan degişli döwlet edarasynyň hünärmen-lukmanlarynyň konsiliumy tarapyndan çykarylýar.

3. Transplantasiýa degişli bolan adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalaryň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Adamyň beden agzalary we (ýa-da) dokumalary raýat-hukuk geleşikleriniň obýekti bolup bilmez.

5. Diri donordan beden agzalaryny we (ýa-da) dokumalaryny almaga, diňe döwlet saglygy goraýyş edarasynyň hünärmen-lukmanlarynyň konsiliumynyň netijenamasy boýunça onuň saglygyna zyýan ýetirilmeýän halatynda ýol berilýär.

 

7-nji madda. Diri donor bolmaga çäklendirmeler

 

Şu aşakdakylar diri donor bolup bilmeýär:

1) çagalar (şu Kanunyň 8-nji maddasynyň birinji böleginiň 4-nji bendinde göz öňünde tutulan ýagdaý muňa degişli däldir);

2) bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlar;

3) resipiýentiň saglygyna we janyna howp döredip biljek keseli ýüze çykarylan adamlar;

4) göwreli aýallar;

5) ýetim çagalar we ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalar.

 

8-nji madda. Diri donordan beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýa üçin alynmagynyň şertleri

 

1. Diri donordan beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýa üçin alynmagyna şu aşakdaky şertler ýerine ýetirilende rugsat berilýär:

1) beden agzalary we (ýa-da) dokumalary alnanda saglygynda gaýraüzülmeleriň bolup biljekdigi barada diri donor döwlet saglygy goraýyş edarasynyň lukmany tarapyndan ýazmaça duýdurylanda;

2) diri donoryň öz beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagynа notarial tertibinde güwä geçilen meýletin razylygy bolanda (transplantasiýanyň gaýra goýulmagynda resipiýentiň janyna howp abanýan ýagdaýlary muňa degişli däldir);

3) hünärmen-lukmanlaryň konsiliumynyň, diri donoryň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýa üçin alynmagynyň mümkindigi barada hemmetaraplaýyn lukmançylyk barlaglarynyň netijesinde berlen netijenamasy bolanda;

4) çaganyň süňk ýiligini almak, onuň ene-atasynyň ýazmaça razylygy bilen amala aşyrylýar.

2. Bedende bolmazlygy yza gaýduwsyz hadysalara getirmeýän bolsa, diri donordan transplantasiýa üçin onuň jübüt agzasynyň diňe biri, jübüt bolup durmaýan beden agzasynyň, dokumasynyň bir bölegi alnyp bilner.

3. Diri donoryň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna razylyk bermegine mejbur edilmegi gadagan edilýär we  Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jenaýat jogäpkärçiligine çekilmegine eltýär.

 

9-njy madda. Diri donoryň hukuklary we borjy

 

1. Öz beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna razylyk beren diri donoryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) öz saglyk ýagdaýy we geljekde ýüze çykyp biljek gaýraüzülmeleriň ähtimallygy barada doly maglumat almaga;

2) beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna beren razylygyny islendik wagt yzyna almaga, muňa lukmanlaryň onuň beden agzasyny we (ýa-da) dokumasyny almaga girişen we ony öňki ýagdaýyna getirip bolmaýan ýagdaýlar degişli däldir;

3) beden agzalary we (ýa-da) dokumalary alnandan soň öz saglygyny dikeltmek üçin eden çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyny talap etmäge. Şeýle çykdajylaryň öwezini dolmagyň tertibi we möçberleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Diri donor döwlet saglygy goraýyş edarasynyň bejeriş lukmanyna özüne mälim bolan geçiren ýa-da bar bolan keselleri, zyýanly endikleri barada habar bermäge borçludyr.

3. Eger-de diri donor beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagy netijesinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilse, onda onuň maýyplygy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan zähmet şikesiniň netijesinde bolan maýyplyga deňleşdirilýär.

 

10-njy madda. Merhum donordan beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagynyň şertleri

 

1. Merhum donordan beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna Türkmenistanyň raýatlaryň saglygyny goramak babatda kanunçylygyna laýyklykda ölüm pursady kesgitlenilenden soň onuň ýakyn garyndaşlarynyň biriniň ýa-da kanuny wekiliniň ýazmaça razylygy bolanda rugsat berilýär.

2. Ölen adamyň donor hökmünde ulanylmagy çak edilen ýagdaýynda, transplantasiýany amala aşyrjak hünärmen-lukmanlara onuň ölüm pursadyny kesgitlemäge gatnaşmak gadagan edilýär.

3. Eger-de adam diri wagty döwlet saglygy goraýyş edarasynа beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýa üçin alynmagyna garşydygy barada habar beren bolsa, ol ölenden soň onuň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna rugsat berilmeýär.

 

11-nji madda. Resipiýentiň adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasyna razylygy

 

1. Transplantasiýa üçin resipiýentiň ýazmaça razylygynyň bolmagy hökmandyr. Şunda resipiýent geçiriljek operasiýanyň netijesinde saglygynda mümkin bolan gaýraüzülmeleriň bolup biljekdigi barada ýazmaça duýdurylmalydyr.

2. Eger-de resipiýent kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok, ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen şahs bolsa, onda transplantasiýa oňa degişlilikde kanuny wekiliniň ýa-da hossarynyň, ýa-da howandarynyň ýazmaça razylygy esasynda amala aşyrylýar.

3. Saglyk ýagdaýy sebäpli aňly-düşünjeli netijä gelip bilmeýän resipiýente transplantasiýa, onuň ýakyn garyndaşlarynyň biriniň ýa-da kanuny wekiliniň  ýazmaça razylygy esasynda amala aşyrylýar.

4. Aýratyn halatlarda, haçanda transplantasiýanyň gaýra goýulmagy resipiýentiň janyna howp salýan bolsa we şunda resipiýentiň ýa-da onuň kanuny wekiliniň razylygyny alyp bolmaýan bolsa, transplantasiýa şu maddanyň birinji-üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan şertler berjaý edilmezden hem amala aşyrylyp bilner.

Şunda transplantasiýany amala aşyrýan hünärmen-lukmanlar tarapyndan bu barada lukmançylyk resminamalaryna degişli ýazgy edilýär we 24 sagadyň dowamynda döwlet saglygy goraýyş edarasynyň wezipeli adamy habarly edilýär.

 

12-nji madda. Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň söwdasynyň gadaganlygy

 

Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň satyn alynmagy, satylmagy we olar babatda täjirçilik geleşikleriniň baglaşylmagy, şeýle hem olary mahabatlandyrmak gadagan edilýär.

 

13-nji madda. Donor we resipiýent hakynda maglumatlaryň ýaýradylandygy üçin jogapkärçilik

 

1. Döwlet saglygy goraýyş edarasynyň lukmanlaryna we beýleki işgärlerine donor we resipiýent hakynda maglumatlary ýaýratmak gadagan edilýär.

2. Şeýle maglumatlaryň ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogäpkärçilige eltýär.

 

14-nji madda. Döwlet saglygy goraýyş edarasynyň jogapkärçiligi

 

Şu Kanunda göz öňünde tutulan beden agzalaryň we (ýa-da) dokumalaryň alynmagynyň şertleriniň we tertibiniň ýa-da transplantasiýanyň şertleriniň we tertibiniň bozulmagy, şeýle hem reanimasiýa çärelerini togtatmagyň bellenilen kadalarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly diri donoryň we resipiýentiň saglygyna ýetirilen zyýan üçin döwlet saglygy goraýyş edarasy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde jogapkärçilik çekýär.

 

15-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

16-njy madda. Jedelleriň çözülişi

 

Transplantasiýa çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

17-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                              Gurbanguly

     Prezidenti                                                               Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 29-njy awgusty.

№ 425-IV.


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 29.08.2013
Resminamanyň belgisi № 425-IV