Türkmenistanyň Tokaý Kodeksi

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Tokaý kodeksini

tassyklamak we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., №1, 10-njy madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Tokaý kodeksini tassyklamaly (goşulýar).

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Tokaý kodeksini 2011-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizmeli.

 

3-nji madda. Şu Kodeksiň güýje giren gününden başlap 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde kabul edilen Türkmenistanyň Tokaý hakyndaky kodeksini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 3-4, 28-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyk getirilýänçä, Türkmenistanyň Tokaý kodeksine garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyk getirmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                           Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2011-nji ýylyň 25-nji marty.

№ 166-IV.

 

 

TÜRKMENISTANYŇ

TOKAÝ KODEKSI

 

Şu Kodeks tokaýlary durnukly dolandyrmak – tokaýlary abat saklamak, goramak, peýdalanmak, üznüksiz köpeldip durmak, Türkmenistanyň çäginde olaryň ekologik, ykdysady we serişde potensialyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kodeksde aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) tokaý hojalygy – tokaý gaznasyny öwrenmek we hasaba almak boýunça wezipeleri amala asyrýan, tokaýlary abat saklamak we goramak, tokaýy üznüksiz köpeltmek we köpeldip durmak, tokaýdan peýdalanylyşyny düzgünleşdirmek we onuň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek boýunça çäreleri öz içine alýan ykdysadyýetiň pudagydyr;

2) tokaý hukuk gatnaşyklary – tokaýlary, tokaý gaznasynyň meýdanlaryny (ýerlerini) abat saklamak, goramak, peýdalanmak we üznüksiz köpeltmek babatdaky gatnaşyklar;

3) tokaý gaznasy – Türkmenistan tokaý bilen örtülen çäginiň, şeýle hem tokaý hojalygynyň hajatlary üçin niýetlenen, tokaý bilen örtülmedik çägi;

4) tokaý hojalyk çäreleri – tokaý gaznasyny abat saklamak, goramak, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak we tokaýlary köpeltmek, tokaý gurluş materiallarynyň esasynda geçirilýän tokaýdan peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek boýunça guramaçylyk we tehniki çäreleriň toplumy;

5) tokaý – iň az meýdany 0,5 gektary düzýän, iň az giňligi 3 metr bolan agaç-gyrymsy ösümlik agdyklyk edýän biologik köpdürliligiň we tebigy gurşawyň özara baglanyşykly we özara hereket edýän düzüm birlikleriniň jemi hem-de bu meýdanyň azyndan 10 göteriminiň proýektiw örtügi;

6) agaç – beýikligi 2 metrden pes bolmadyk, bir düýbi ýa-da birnäçe golçury bolan, ýokary başly agaç ösümligi;

7) gyrymsy agaç – topragyň üstünden şahalanýan esasy baldakdan aýdyň tapawutlanmaýan we agaçdan pes boýy bilen tapawutlanýan baldaklary bolan köp ýyllyk ösümlik;

8) tokaý agaçlary – agaç ösümlikleriniň görnüşi ýa-da urugy;

9) tokaý gaznasynyň derejesi – aýratyn goragly, suw gorag, sanitariýa-gigiýena, rekreasion, ylmy ýa-da beýleki ýörite maksatly Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bölünip berlen, çäginde tokaý hojalygyny alyp barmagyň we tokaýdan peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilýän tokaý gaznasynyň bölegi;

10) şäher tokaýlary – şäheriň dolandyryş araçäginiň çäklerinde ýerleşýän we tokaý gaznasynyň düzümine girýän sagaldyş we rekreasion maksatly tokaýlar;

11) aýratyn gymmatly tokaý massiwlerirelikt we endemik tohumlary bolan düzümi boýunça seýrek duş gelýän tokaýlar; hasyllylygy we genetik hilleri boýunça seýrek duş gelýän tokaýlar; çylşyrymly tebigy şertlerde möhüm gorag wezipelerini ýerine ýetirýän tokaýlar;

12) peýdalanylýan tokaý – döwlet tarapyndan hasaba almagy, tokaý hojalyk çärelerini ýörite kartografirlemegi we meýilleşdirmegi amala aşyrmak üçin tokaý gaznasynyň düzümine tokaý gurluşynyň ýanynda bölünip berilýän ýer bölekleri;

13) biologik köpdürlilik – belli bir çäk üçin häsiýetli ösümlikleriň, haýwanlaryň we beýleki tebigy organizmleriň jemi;

14) tokaýçylyk – tokaý hojalyk çärelerini meýilleşdirmek we ýerine ýetirmek, tokaýdan peýdalanmagyň möçberlerini hasaplamak üçin niýetlenen tokaýa eýeçilik etmegiň çäklerinde ýerleşýän tokaý eýesiniň gurluş düzüm birligi;

15) tokaýa eýeçilik etmek – tokaý hojalygyny alyp barmak we tokaýdan peýdalanmak üçin tokaý eýelerine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan berilýän tokaý gaznasynyň böleklerine eýelik etmek hukugy;

16) tokaý eýeleritokaý gaznasynyň bölekleriniň ýerinden möhletsiz peýdalanmak hukugy berlen döwlet guramalary;

17) tokaýdan peýdalanmak – ýuridik we fiziki şahslar döwlet guramalary tokaý gaznasyndan meýdanlary peýdalanmaga, şeýle hem hojalyk we beýleki maksatlarda tokaý gaznasynyň çäginde ýerleri, suwy we umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly zatlary peýdalanmaga bolan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukugy;

18) tokaýdan peýdalanyjyşu Kodeksde bellenen tertipde tokaýdan möhletli peýdalanmak hukugy berlen ýuridik ýa-da fiziki şahs;

19) esasy peýdalanylýany çapmak – agaç taýýarlamak maksady bilen, ýetişen we köp durup zaýalanan gyrymsy agaçlyklary çapmak;

20) aralyk peýdalanylýany çapmak – agaçlykda tokaý dörediji agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň ösmegine päsgel berýän, gowşak ösen agaçlary we gyrymsy agaçlary yzygiderli aýyrmak bilen baglanyşykly tokaýalara ideg etmek üçin çapmak;

21) tokaýa ideg etmek üçin çapmak – ýokary önümli we durnukly agaçlary döretmek maksady bilen ösüşden galan ýa-da esasy tohumly agaçlaryň ösmegine päsgel berýän agaçlary oturdylan ýerinden aýyrmak arkaly amala aşyrylýan tokaýlara yzygiderli ideg etmek;

22) sanitariýa taýdan çapmak – tokaýyň sanitariýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen geçirilýän çapym, onda keselli, zeper ýetirilen, guraýan we guran agaçlar çapylýar;

23) çapmak – oturdylan agaçlaryň çapylan, tokaýyň täze nesli bolsa, heniz döremedik tokaý meýdany;

24) kesilen agaç meýdanlary ähli görnüşlerini çapmak üçin bölünip berlen ýa-da çapmak basgançagynda durýan tokaý bölegi;

25) çapylmaga degişli tokaý goryçapmak üçin bellenilen möhlete tokaý gaznasyndan bölünip berlen ýeriň bölegi;

26) tokaý serişdeleri – tokaý gaznasynda durýan, toplanylýan we alynýan agaçlaryň hem-de ikinji derejeli agaç serişdeleriniň gorlary, ýabany ösýän miweler, hozlar, kömelekler, ir-iýmişler, dermanlyk ösümlikler, tehniki çig mal we ösümlik gelip çykyşly beýleki önümler;

27) ikinji derejeli tokaý baýlyklary – agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň gabyklary, şahalary, töňňeleri, kökleri, ýapraklary, pyntyklary;

28) köýük – agajyň ýangyn bilen ýok bolan, täze nesli bolsa, heniz döredilmedik tokaý meýdany;

29) tokaýlylyktokaý bilen örtülen ýerleriň onuň umumy meýdanyna gatnaşygy bilen kesgitlenýän, göterimlerde aňladylýan haýsydyr bir çägiň tokaý bilen örtüliş derejesi;

30) tokaý gurnaýyş tokaý hojalygyny rejeli alyp barmaga gönükdirilen çäreler ulgamynyň işlenip düzülmegi. Tokaýlaryň döwlet hasaba alynmasynda peýdalanylýan, tokaý gazanasyny tükellemek işi tokaý gurluşynyň düzüm bölegidir;

31) tokaýlaryň döwlet hasaba alnyşy – Türkmenistanyň tokaýlary we olarda bolup geçýän üýtgeşmeler hakyndaky maglumatlaryň bir wagtda alynmagy;

32) tokaýlaryň monitoringi – tokaý gaznasyna gözegçilik, ýagdaýyna we ösüşine baha bermek we çaklamak ulgamy;

33) tokaý gaznasyny tükellemek – tokaý gaznasynyň aýry-aýry meýdanlarynyň mukdar we hil görkezijilerini beýan etmek, kartalaşdyrmak we kesgitlemek boýunça işleriň toplumy;

34) döwlet tokaý kadastry tokaý hojalygyny alyp barmak üçin gerek bolan tokaý gaznasynyň maglumatlar ulgamy;

35) tokaýy döretmek – öň tokaý bolmadyk çäklerde emeli tokaý agaçlaryny döretmek we ösdürip ýetişdirmek;

36) tokaýy dikeltmektokaý gaznasynyň ýerleriniň öň tokaý bolan meýdanly tokaýlaryny dikeltmek (üzüniksiz öndürmek) boýunça çäreler;

37) tokaýlaşdyrma tokaý bilen örtülmedik çäkleriň emeli dikelmegi ya-da tebigy taydan täzelenmegi;

38) tokaý reproduktiw materiallarytokaýy dikeltmek hem-de tokaýlaşdyrmak üçin niýetlenen tohumlar, ösümlikleriň bölekleri we ösümlikler;

39) tokaý nahalhanasy – agaç we gyrymsy agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen tokaý gaznasynyň çäginiň meýdany;

40) tokaýlary goramak – tokaý ýangynlarynyň, tokaýlaryň bikanun çapylmalarynyň we Türkmenistanyň tokaý kanunçylygynyň beýleki bozulmalarynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça çäreleriň jemi;

41) tokaýy abat saklamak – tokaýlary zyýan berijilerden, kesellerden, antropogen we tebigy häsiýetli amatsyz ýagdaýlaryň täsirinden goramak boýunça ýerüsti hem-de awiasiýa usullary bilen amala aşyrylýan çäreleriň jemi;

42) tokaýyň keselleri – daşky gurşawyň amatsyz ýagdaýlary ýa-da keselli ösümliklerden sagdyn ösümliklere geçmäge ukyply, ösümlikleriň gurluşyny üýtgetmäge ýa-da olaryň ýok bolmagyna getirýän organizmler tarapyndan döredilen patologik hadysalar;

43) tokaýyň zyýankeşleri – tokaý agaçlaryna zeper ýetirýän organizmler;

44) tokaýyň aýratyn howply zyýankeşleri – tokaýlara ykdysady taýdan ýokary derejede zyýan ýetirýän, köpçülikleýin köpelmäge we ýaýramaga ukyply zyýanly organizmler;

45) tokaýyň sanitariýa ýagdaýy tokaýlaryň hapalygy, gurap ýeňlän we guran agaçlaryň bardygy, zyýankeşleriň sanynyň we tokaý keselleriniň ýaýramagynyň ösüşi, tokaýyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýän beýleki ýaramaz ýagdaý hakynda maglumatlary özünde saklaýan tokaýyň ýagdaýynyň häsiýetnamasy.

46) ekilen tokaýlar – tohumdan ekmek ýa-da nahalyny oturtmak arkaly döredilen tokaý ekinleri.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda)

 

2-nji madda. Türkmenistanyň tokaý kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň tokaý kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de tokaý gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksdäkiden başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Tokaý kanunçylygynyň wezipeleri

 

Tokaý kanunçylygynyň wezipeleri tokaýlaryň abat saklanylmagyny, goralmagyny, rejeli peýdalanylmagyny, üznüksiz köpeldilip durulmagyny we tokaýlaryň önümliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen tokaý gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekden, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklaryny goramakdan ybarat bolup durýar.

 

4-nji madda. Tokaý kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri

 

Tokaý kanunçylygy şu aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar:

1) tokaýlary durnukly dolandyrmak, tokaýlaryň biologik köpdürliligini abat saklamak, olaryň potensialyny ýokarlandyrmak;

2) her kimiň amatly daşky gurşawa bolan hukuklaryny üpjün etmegiň bähbitlerine tokaýlaryň gurşaw dörediji, suwy abat saklaýjy, goraýjy, sanitariýa-gigiýena, rekreasion we beýleki peýdaly wezipelerini abat saklamak;

3) tokaýlaryň global ekologik ähmiýetini hasaba almak bilen, şeýle hem tokaýlaryň ösdürilip ýetişdirilişiniň dowamlylygyny we beýleki tebigy häsiýetlerini hasaba almak bilen olary peýdalanmak;

4) jemgyýetiň we döwletiň tokaýlara hem-de tokaý serişdelerine isleglerini kanagatlandyrmak üçin tokaýlaryň köp maksatly we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek;

5) tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak, olaryň hilini gowulandyrmak, şeýle hem tokaýlaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak;

6) tokaýlaryň abat saklanylmagyny we goralmagyny üpjün etmek;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde durmuşa geçirilmegi bilen tokaýlar ýagdaýyna gowy täsir etmäge ukyply çözgütleri taýýarlamaga raýatlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy;

8) daşky gurşawa we adamyň saglygyna zyýan ýetirmeýän usullar bilen tokaýlary peýdalanmak;

9) tokaýlary bellenen maksatlary boýunça toparlara bölmek we olaryň ýerine ýetirýän wezipelerine göra tokaýlaryň derejelerini kesgitlemek;

10) tokaýlary we tokaý baýlyklaryny peýdalanmagyň tölegliligi.

 

5-nji madda. Tokaýlara eýeçilik hukugy

 

1. Tokaý gaznasy aýratyn döwlet eýeçiliginde bolup, onuň goragynda durýar we döwlet tarapyndan rejeli hem-de netijeli peýdalanylmaga we goralmaga degişlidir.

2. Tokaýlary rejeli peýdalanmak, abat saklamak we goramak, olary üznüksiz köpeldip durmak maksady bilen tokaý gaznasy Türkmenistanyň degişli döwlet edaralaryna möhletsiz eýelik etmäge we ulanmaga berilýär.

 

6-njy madda. Tokaý hukuk gatnaşyklarynyň obýektleri

 

Tokaý gaznasynyň ýerlerini we tokaý baýlyklary goşmak bilen tokaýlar tokaý hukuk gatnaşyklarynyň obýektleri bolup durýarlar.

 

7-nji madda. Tokaý hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri

 

Tokaýlaryň abat saklanylmagyny, goralmagyny, eýelik edilmegini, peýdalanylmagyny we üznüksiz köpeldilip durulmagyny amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar, şeýle hem döwlet edaralary tokaý hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri bolup durýarlar.

 

II BAP. TÜRKMENISTANYŇ TOKAÝ GAZNASY

 

8-nji madda. Türkmenistanyň tokaý gaznasynyň düzümi

 

1. Türkmenistanyň çägindäki tokaýlar olaryň haýsy derejelerdäki ýerlerde ýerleşýändigine garamazdan tokaý gaznasyny döredýärler.

2. Tokaý gaznasyna şu aşakdakylar degişlidir:

1) aýratyn goralýan tebigy çäkleriň ýerlerindäki tebigy we emeli gelip çykyşy bolan (tokaý we tokaý däl meýdanlary hem goşmak bilen) tokaýlar;

2) tebigy we emeli gelip çykyşy bolan tokaýlar, şeýle hem tokaý gaznasynyň ýerlerinde tokaý hojalygynyň hajatlary üçin berlen tokaý ösümlikleri bilen örtülmedik ýer meýdanlary;

3) demir we awtomobil ýollarynyň, beýleki ulag we aragatnaşyk liniýalarynyň, şeýle hem kanallaryň we gaýry suw desgalarynyň sowgut zolaklaryndaky gorag agaçlary;

4) agaçlar we agaç toparlary, şeýle hem şäherlerdäki we beýleki ilatly nokatlardaky ekilen agaçlar.

3. Ýerleriň tokaý gaznasynyň düzümine girizilmegi we ondan çykarylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde amala aşyrylýar.

4. Şu aşakdakylar tokaý gaznasyna girmeýär:

1) agaçlar we agaçlaryň toparlary, meýdan goraýjy tokaý zolaklary, şeýle hem oba hojalyk maksatly ýerlerdäki beýleki agaç we gyrymsy agaç ösümligi;

2) agaçlar, agaçlaryň toparlary, şeýle hem mellek, ýaýla we bagçylyk meýdanlaryndaky beýleki agaç we gyrymsy agaç ösümligi.

 

9-njy madda. Tokaý gaznasynyň ýerleri

 

1. Tokaý gaznasynyň ýerleriniň düzümine tokaý we tokaý bolmadyk ýerler girýär.

Tokaý ýerlerine tokaý bilen örtülen, şeýle hem wagtlaýyn tokaý bilen örtülmedik, ýöne tokaýlary emeli we/ýa-da tebigy ýol bilen dikeltmek maksady bilen tokaý hojalygynyň hajatlary üçin niýetlenen ýerler degişlidir.

Tokaý bolmadyk ýerlere tokaý bilen örtülmedik, ýöne tokaý hojalygynyň hajatlary üçin niýetlenen ýerler (tokaý arasyndaky ýollar, ýollar, ýangyna garşy boş ýerler we başgalar) degişlidir.

2. Tokaý gaznasynyň ýerleriniň serhetleri tokaý hojalyk belgileriniň kömegi bilen tebigy görnüşinde bellenilmelidir we kartografik materiallarda (tokaý kartalarynda) görkezilmelidir.

 

10-njy madda. Tokaý gaznasynyň ýerleriniň geçirilmegi we alynmagy

 

1. Tokaý gaznasynyň ýerlerini tokaý hojalygyny alyp barmak bilen baglanyşykly maksatlara laýyklykda olary peýdalanmagyň beýleki derejelerine geçirmek aýratyn ýagdaýlarda Türkmenistanyň ýer we beýleki kanunçylygy arkaly bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

2. Tokaý gaznasynyň ýerlerini döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin almak Türkmenistanyň ýer kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär. Şeýle alnanda tokaýlary abat saklamak ýa-da çapmak we şunda alynýan agajy peýdalanmak hakyndaky mesele birwagtda çözülýär.

 

III BAP. TOKAÝLARY DEREJELERI BOÝUNÇA

TOPARLARA BÖLMEK

 

11-nji madda. Tokaýlaryň derejeleri

 

Türkmenistanyň tokaýlary şu aşakdaky derejelere bölünýär:

1) gorag maksatly tokaýlara;

2) ýörite maksatly tokaýlara;

3) önümçilik maksatly tokaýlara.

 

12-nji madda. Gorag maksatly tokaýlar

 

1. Gorag maksatly tokaýlara aşakdakylar degişlidir:

1) derýalaryň, kölleriň, suw howdanlarynyň we beýleki suw desgalarynyň kenarlary boýunça suw gorag tokaýlary;

2) awtomobil we demir ýollarynyň ýakalaryndaky, beýleki ulag we aragatnaşyk liniýalaryndaky tokaýlaryň gorag zolaklary;

3) çöl we ýarym çöl zolaklaryň tokaýlary;

4) şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň töwerekleriniň gür baglyga bürenen zolaklarynyň tokaýlary;

5) dag tokaýlary;

6) suw üpjünçilik çeşmeleriniň sanitariýa gorag zolaklarynyň tokaýlary.

2. Gorag ähmiýetli tokaýlarda esasy peýdalanylýany çapmak gadagan edilýär.

 

13-nji madda. Ýörite maksatly tokaýlar

 

1. Ýörite maksatly tokaýlara şu aşakdakylar degişlidir:

1) aýratyn goralýan tebigy ýerleriň tokaýlary;

2) şäher tokaýlary;

3) rekreasion we sagaldyş tokaýlary;

4) serhet zolagynda we serhet gözegçilik ýerlerinde, şeýle hem goranyş hajatlary üçin gerek bolan ýerlerdäki tokaýlar;

5) aýratyn gymmatly tokaý massiwleri;

6) ylmy ýa-da taryhy ähmiýeti bolan tokaýlar.

2. Ýörite maksatly tokaýlarda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen bu çäkleriň düzgünine laýyk gelmeýän tokaýdan peýdalanmak çäklendirilýär ýa-da gadagan edilýär.

3. Tokaýdan peýdalanmagyň we ýörite maksatly tokaýlary abat saklamagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

14-nji madda. Önümçilik maksatly tokaýlar

 

1. Önümçilik maksatly tokaýlara ýörite maksatly we gorag maksatly tokaýlara degişli edilmedik, agaç we beýleki tokaý serişdelerini taýýarlamak üçin niýetlenen tokaýlar degişlidir.

2. Tokaýlarda önümçilik maksady bilen agaçlary we beýleki tokaý baýlyklaryny taýýarlamak esasy peýdalanylýany çapmak, aralyk peýdalanylýany çapmak, tokaýa ideg etmek üçin çapmak we sanitariýa çapmalar arkaly amala aşyrylýar. Görkezilen çapmalar daşky gurşawa ýaramaz täsirleriň öňüniň alynmagyny hasaba almak bilen çapmagyň ýaşynyň esasynda tokaýlaryň biologik aýratynlyklaryny gowulandyrmak maksady bilen tokaý gurnaýyş taslamalaryna laýyklykda, mümkin bolmadyk mahalynda bolsa, ýaramaz täsirleriň netijelerini düzetmek maksady bilen amala aşyrylýar.

3. Tokaýlardan peýdalanmagyň we önümçilik maksatly tokaýlary abat saklamagyň tertibi tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

IV BAP. TOKAÝ HOJALYGY BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

  15-nji madda. Tokaý hojalygy babatda döwlet düzgünleşdirilişini amala aşyrýan döwlet edaralarynyň ulgamy

 

Tokaý hojalygy babatda döwlet düzgünleşdirilişini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrýarlar.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

16-njy madda. Tokaý hojalygy babatda Türkmenistanyň  Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) tokaý hojalygy babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny tassyklayar we onuň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;

2) tokaý gaznasyna eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek hukuklaryny amala aşyrýar;

3) tokaý gaznasyny abat saklamagyň, goramagyň we peýdalanmagyň, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmagyň we tokaýy köpeltmegiň meseleleri boýunça maksatnamalary tassyklaýar;

4) goraglylygyň derejeleri boýunça tokaý gaznasynyň paýlanylyşyny tassyklaýar;

5) derýalaryň, kölleriň, suw howdanlarynyň we beýleki suw desgalarynyň kenarlary boýunça tokaýlaryň gadagan edilen zolaklarynyň inini bellemegiň tertibini kesgitleýär;

6-njy we 8-nji bentleri Türkmenistanyň 28.02.2015 ý. № 202-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

7) tokaý hojalygyny alyp barmak bilen baglanyşykly bolmadyk hajatlar üçin tokaý gaznasynyň ýerlerini almak hakynda çözgütleri kabul edýär;

9) tokaý kanynçylygynyň bozulmagy bilen ýetirilen zyýanyň möçberlerini hasaplamak üçin binýatlaýyn ölçegleri tassyklaýar;

10) şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda)

 

17-nji madda. Tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary

 

1. Tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýgtyýarly edarasy:

1) tokaý gaznasyny abat saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmagyň meseleleri boýunça maksatnamalary işläp taýýarlaýar we olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

2) tokaýlaryň abat saklanylmagyny, goralmagyny, üznüksiz köpeldilip durulmagyny, tokaýyň köpeldilmegini guraýar we üpjün edýär, aýratyn goralýan tebigy ýerlerde we özüniň funksional ygtyýarynda durýan, ylmy, tejribe-önümçilik we okuw maksatlary üçin peýdalanylýan döwlet ýer gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan peýdalanylyşyny kadalaşdyrýar;

3) tokaý gaznasynyň ýagdaýyna, abat saklanylyşyna, goralyşyna, peýdalanylyşyna, tokaýlaryň üznüksiz köpeldilip durulmagyna we tokaýyň köpeldilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

4) tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almagyň, olaryň döwlet tokaý kadastryny, tokaýlaryň we tokaý gurnaýyşynyň monitoringini alyp barmagyň tertibini kesgitleýär we alyp barýar;

5) tokaýlary ýangynlardan goramak boýunça çäreleri amala aşyrýar, ýangyn howpsuzlyk edarasy bilen bilelikde tokaýdan peýdalanylanda tokaýdan peýdalanyjylar tarapyndan işlenip taýýarlanylýan ýangyna garşy göreş çäreleriniň meýilnamalaryna talaplary ýangyn howpsuzlyk edarasy bilen bilelikde kesgitleýär;

6) tokaýlary zyýankeşlerden we kesellerden goramak boýunça çäreleri işläp taýýarlaýar hem-de amala aşyrýar;

 7) suw aýrytlarynda tokaýlary aýap saklamak, tokaý gaznasynyň ýerlerinde sillere we topraklaryň eroziýasyna garşy göreşmek boýunça işleri amala aşyrýar;

71) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde tokaýlary gorap saklamak, goramak, peýdalanmak we üznüksiz köpeldip durmak babatda  kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlaýar we kabul edýär hem-de Türkmenistanyň tokaý kanunçylygyny kämilleşdirmek barada teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

8) tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýlary abat saklamak, goramak, üznüksiz köpeldip durmak we tokaýy köpeltmek boýunça kadalary hem-de kadalaşdyrmalary tassyklaýar;

9) Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalaşylmagy boýunça tokaý gaznasyndan peýdalanylandygy üçin tölegleriň möçberlerini we olary almagyň tertibini tassyklaýar;

10) tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan peýdalanmak hukugyny, şeýle hem tokaýlaryň ýagdaýy we üznüksiz köpeldilip durulmagy üçin howp döredýän işleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda togtadýar, çäklendirýär, bes edýär;

11) ylmy-tehniki ösüşiň ugurlaryny kesgitleýär, tokaý gaznasyny abat saklamak, goramak we peýdalanmak, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak we tokaýy köpeltmek, tokaý seleksiýasy we tokaý tohumçylygy babatda ylmy barlag we taslama-agtaryş işlerini guraýar;

12) tokaý gaznasynyň çäginde tokaýçylygyň gurluşyny we wezipelerini kesgitleýär;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tokaý hojalygynyň gatnaşyklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

14) şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

2. Döwlet tokaý hojalyk kärhanalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döredilýär we ýuridik şahs bolup, öz işinde tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna tabyndyr.

3. Döwlet tokaý hojalyk kärhanasy:

1) tokaý gaznasyny abat saklamak, goramak, ondan peýdalanmak, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak we tokaýy köpeltmek maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna we ýerine ýetirilişine gatnaşýar;

2) tokaýlary abat saklamak, goramak, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak we tokaýy köpeltmek, hemişelik tokaý tohumçylyk meýdanlaryny we tokaý tohumçylyk agaçlary ekilen meýdanlarda tokaý tohumlaryny taýýarlamak, gaýtadan işlemek, goramak we saklamak boýunça çareleri ýerine ýetirýär;

3) tokaý gurluş taslamalaryna laýyklykda tokaýdan peýdalanmagyň ýerlerini we möçberlerini kesgitleýär;

4) tokaý baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagyny üpjün edýär;

5) bellenilen tertipde tokaýdan peýdalanmaga agaç çapmak petegini (orderini) we tokaý petegini berýär;

6) tokaý gaznasynyň döwlet hasabyny, tokaýlaryň monitoringini ýöretmekde ýardam edýär, döwlet tokaý kadastrynyň alnyp barylmagy boýunça işlere gatnaşýar;

7) ýuridik we fiziki şahslara ekiş materiallaryny ösdürip ýetişdirmek we tokaý tohumlaryny taýýarlamak, ekmek, gorag, agaç ekilen meýdanlar üçin we gaýry agaçlary döretmek, tokaý hojalygy babatda maslahat we tehniki kömek bermek boýunça tölegli hyzmatlary edýär;

8) esasy peýdalanylýany çapmagy, aralyk peýdalanylýany çapmagy, tokaýa ideg etmek üçin çapmagy we sanitariýa çapmalary, esasy däl tokaýdan peýdalanmany amala aşyrýar we şunda alnan önümi, şol sanda çapylmaga degişli tokaý gorunyň esasynda taýýarlanylýan agaçlary agaç çapmak peteginiň (orderiniň) çäklerinde ýerli ilatyň talabyny kanagatlandyrmak üçin onuň gatnaşmagynda ýerleýär.

9) şu Kodekse we Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna laýyklykda tokaý hojalygy babatdaky beýleki meseleleri çözýär.

4. Tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýgtyýarly edarasy özüniň işini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan düzgünnama laýyklykda alyp barýar.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

18-nji madda. Tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) tokaý gaznasyny aýap saklamak, goramak, peýdalanmak, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak we tokaýy köpeltmek boýunça maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna we olary durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) tokaý eýeleri we tokaýdan peýdalanyjylar bilen bilelikde tokaýlaryň abat saklanylmagyny, goralmagyny, üznüksiz köpeldilip durulmagyny hem-de tokaýyň köpeldilmegini guraýarlar we üpjün edýärler, öz tabynlygyndaky çäkde tokaýdan peýdalanmagy kadalaşdyrýar;

3) tokaýlary ýangynlardan goramak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar, tokaý ýangynlarynyň öňüni almak we tabynlygyndaky tokaýyň çäginde olara garşy göreşmek boýunça her ýylky çäreleriň meýilnamalaryny işläp düzýärler hem-de ýerine ýetirilmegini durmuşa geçirýärler;

4) ýangyna garşy wagyz-nesihaty, tokaýlary aýamak, tokaýlarda ýangyn howpsuzlyk kadalaryny ýerine ýetirmek hakyndaky meseleleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli şöhlelenmegini guraýarlar;

5) tokaýlaryň zyýankeşlerine we kesellerine garşy göreşmek we onuň sanitariýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işi guraýarlar;

6) tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak, döwlet tokaý kadastry, tokaýlaryň monitoringi boýunça materiallara garaýarlar;

7) şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

19-njy madda. Tokaý hojalygy babatda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) tokaý baýlyklaryny rejeli peýdalanmak we tokaýlary abat saklamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga hem-de ýerine ýetirmäge gatnaşýarlar;

2) şäherleri, şäherçeleri we geňeşligiň düzümine girýän obalary abadanlaşdyrmak we gür baglyga öwürmek boýunça işleri geçirýärler, gök agaçlara ideg etmek boýunça çäreler görýärler;

3) geňeşligiň çäginde tokaýlary ýangyndan goramak, şeýle hem tokaý ýangynlarynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar hem-de ýangyna garşy wagyz-nesihat işlerini guraýarlar;

4) tokaýlaryň zyýankeşlerine we kesellerine garşy göreşmek we onuň sanitariýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işlere gatnaşýarlar;

5) şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda tokaý hojalygy babatda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

 

V BAP. TOKAÝ HOJALYGY BABATDA DÖWLET GÖZEGÇILIGI

 

20-nji madda. Tokaý hojalygy babatda döwlet gözegçiligi

 

1. Tokaý kanunçylygynyň talaplarynyň ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilmegini üpjün etmek tokaý hojalygy babatda döwlet gözegçiliginiň wezipesi bolup durýar.

2. Tokaý hojalygy babatda döwlet gözegçiligi döwlet tokaý gullugy, beýleki ýörite ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan wekilçilik edilýän tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 (2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

21-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet tokaý goragy

 

1. Türkmenistanyň Döwlet tokaý goragy tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan döredilýär.

2. Türkmenistanyň Döwlet tokaý goragy:

1) ýuridik we fiziki şahslaryň ählisi tarapyndan tokaý kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär;

2) tokaýlary goramak, ýangynlaryň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak we olara garşy göreşmek boýunça çäreleri guraýar;

3) tokaýdan peýdalanmak kadalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

4) tokaý gaznasynyň çäginde aw awlamak kadalarynyň we möhletleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

5) tokaýda zyýanly mör-möjekleri we tokaýyň kesellerini ýüze çykarmak boýunça çäreleri geçirýär;

6) tokaýlary ýangyndan, özbaşdak çapmalardan goramagyň guralyşyna we tokaý gaznasyna girmeýän tokaýlarda beýleki bozulmalara gözegçilik edýär;

7) tokaýlaryň ýagdaýyna, peýdalanylyşyna we üznüksiz köpeldilip durulmagyna gözegçilik edýär.

3. Türkmenistanyň Döwlet tokaý goragynyň wezipeleri we ygtyýarlyklary Tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylýan ol baradaky Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___, ___-nji madda )

 

22-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet tokaý goragynyň wezipeli adamlary

 

1. Türkmenistanyň Döwlet tokaý goragynyň wezipeli adamlary şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) tokaý gaznasynyň ýagdaýyna, abat saklanylyşyna, goralyşyna, peýdalanylyşyna, tokaýlaryň üznüksiz köpeldilşine we olaryň döredilişine barlaglary geçirmek üçin edaralara päsgelçiliksiz barmak;

2) Türkmenistanyň tokaý kanunçylygy babatda administratiw hukuk bozulmalary hakynda teswirnamalary düzmek;

3) ýuridik we fiziki şahslara Türkmenistanyň tokaý kanunçylygyny bozmak bilen tokaý gaznasyna ýetirilen zyýany töletmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Döwlet tokaý goragynyň adyndan talaplary bildirmek.

2. Tokaý gaznasyny abat saklamak, goramak, peýdalanmak, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak we tokaýy köpeltmek babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geýim we gulluk ýaragy bilen üpjün edilýär.

 3. Tokaý gaznasyny abat saklamak, goramak, peýdalanmak, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak we tokaý köpeltmek babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gulluk ýaragyny saklamaga, götermäge we ulanmaga rugsat berilýär.

Tokaý goragyny amala aşyrýan wezipeli adamlar tarapyndan gulluk ýaragyny saklamagyň, götermegiň we ulanmagyň düzgünleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

4. Türkmenistanyň Döwlet tokaý goragynyň düzümi tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___, ___-nji madda)

 

VI BAP. TOKAÝ GAZNASYNA EÝELIK ETMEK WE

ONDAN PEÝDALANMAK

 

23-nji madda. Tokaýa eýelik etmek hukugy

 

1. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýa eýelik etmek ýerden möhletsiz peýdalanmak hukugynda ýüze çykýar.

2. Tokaýa eýelik etmek hukugynda tokaý gaznasynyň meýdanlary şu aşakdakylara berilýär:

1) döwlet tokaý hojalyk kärhanalaryna we tokaý hojalyk işlerini amala aşyrýan beýleki döwlet kärhanalaryna, edaralaryna we guramalaryna;

2) aýratyn goralýan tebigy ýerleriň işi bilen baglanyşykly maksatlar üçin döwlet tebigy goraghanalaryna, milli tebigy seýilgählere we ýuridik şahsyň hukuk derejesi bolan beýleki aýratyn goralýan tebigy ýerlere;

3) beýleki döwlet edaralaryna we guramalaryna.

3. Tokaýa eýelik etmek hukugy ýerden möhletsiz peýdalanmak hukugyna bolan ykrarnama bilen tassyklanylýar, ol ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda)

 

24-nji madda. Tokaý eýeleriniň hukuklary we borçlary

 

1. Tokaý eýeleri şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) tokaý hojalygyny özbaşdak alyp barmak, tokaý gaznasynyň özlerine berlen meýdanlarynda tokaýdan peýdalanmagy amala aşyrmak;

2) tokaý gaznasynyň ýerlerinden, suw baýlyklaryndan, umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly zatlardan tokaý hojalygynyň hajatlary üçin bellenilen tertipde peýdalanmak;

3) bellenilen tertipde ýollar çekmek, tokaý önümini ýerleşdirmek üçin meýdançalary enjamlaşdyrmak, önümçilik jaýlaryny hem-de desgalaryny gurmak;

4) taýýarlan önümine we ony ýerlemekden alan girdejisine bolan eýeçilige.

2. Tokaý eýeleri şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) tokaýlary abat saklamagy, goramagy, rejeli peýdalanmagy we üznüksiz köpeldip durmagy üpjün etmäge;

2) tokaýlaryň döwlet hasabyny ýöretmäge;

3) tokaýlaryň, topraklaryň we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilip durulmagyna, şeýle hem suw we beýleki desgalaryň ýagdaýyna ýaramaz täsir etmeýän usullar bilen işleri alyp barmaga;

4) beýleki tokaýdan peýdalanyjylaryň hukuklaryny bozmazlyga.

3. Tokaý eýeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen beýleki hukuklardan peýdalanyp we borçlary ýerine ýetirip bilerler.

 

25-nji madda. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryna eýe  bolmak hukugynyň bes edilmegi

 

Tokaý gaznasynyň meýdanlaryna eýe bolmak hukugy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) eýeçiliginde tokaý gaznasynyň meýdanlary ýerleşýän kärhananyň, guramanyň, edaranyň işiniň bes edilmeginde;

2) tokaý gaznasynyň meýdanlarynyň maksatlaýyn bellenilişi boýunça ulanylmazlygynda;

3) döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin tokaý gaznasynyň ýerleriniň bellenilen tertipde elden alynmagynda;

4) tokaýlaryň ýagdaýyny we hilini erbetleşdirmäge eltýän tokaý hojalygynyň aýawsyz alnyp barylmagynda;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

 

26-njy madda. Tokaýdan peýdalanmak hukugy

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tokaý gurluşynyň materiallaryna laýyklykda ýuridik we fiziki şahslara tokaý gaznasynyň meýdanlaryndan peýdalanmak hukugy berilýär.

2. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryndan peýdalanmak hukugy tokaý gaznasynyň eýeleriniň çözgütleri esasynda ýüze çykýar.

3. Ýuridik we fiziki şahslar tokaý gaznasynyň meýdanlaryny tokaýdan peýdalanmagyň diňe ýörite rugsatnamalarda göz öňünde tutulan görnüşleri üçin tokaý gaznasyndan peýdalanyjylar hökmünde ulanyp bilerler.

4. Tokaý gaznasyndan peýdalanmak uzak we gysga möhletli bolup biler.

5. Şu Kodeksiň 46-njy maddasynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda tokaý gaznasyndan peýdalanmak töleglidir.

6. Şu Kodeksiň 23-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen döwlet tokaý hojalyk kärhanalary we beýleki edaralar hem-de guramalar öz çäginde tokaý gaznasyna eýeçilik etmegi we peýdalanmagy mugt amala aşyrýarlar.

7. Tokaý gaznasyndan peýdalanylandygy üçin tölegleriň möçberi we olary almagyň tertibi tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalaşylmagy boýunça bellenilýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___,___-nji madda)

 

27-nji madda. Tokaýdan peýdalanyjylaryň hukuklary we  borçlary

 

1. Tokaýdan peýdalanyjylar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) tokaýdan peýdalanmagy tokaý gaznasynyň meýdanlarynyň çäklerinde, peýdalanmagyň muňa hukuk berýän resminamalarynda görkezilen möhletlerinde we görnüşlerinde amala aşyrmak;

2) ýollary bellenilen tertipde çekmek, tokaý önümini ýerleşdirmek üçin meýdançalary enjamlaşdyrmak, önümçilik jaýlaryny we desgalaryny gurmak.

2. Tokaýdan peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) tokaýlaryň üznüksiz köpeldilmegin, topraklaryň we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyna, şeýle hem suw we beýleki desgalaryň ýagdaýyna ýaramaz täsir ýetirmejek usullar bilen işleri alyp barmaga;

2) tokaýdan peýdalanylandygy üçin tölegi öz wagtynda bellenilen tertipde tölemäge;

3) beýleki tokaýdan peýdalanyjylaryň hukuklaryny bozmazlyga.

3. Tokaýdan peýdalanyjylar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki hukuklardan peýdalanyp we borçlary ýerine ýetirip bilerler.

 

28-nji madda. Tokaýdan peýdalanyjylaryň hukuklarynyň kepillikleri

 

1. Döwlet we beýleki edaralar hem-de guramalar tarapyndan tokaýdan peýdalanyjylaryň işine gatyşylmagyna ýol berilmeýär.

2. Tokaýdan peýdalanyjylaryň bozulan hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde dikeldilmäge degişlidir.

3. Tokaýdan peýdalanyjylaryň hukuklarynyň bozulmagy bilen ýetirilen zyýanlar (duşdan geçirilen bähbidi goşup) şu Kodeksiň 58-nji maddasy bilen kesgitlenen tertipde öwezi dolunmaga degişlidir.

 

29-njy madda. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan uzak möhletli peýdalanmak

 

1. Tokaý gaznasynyň böleklerindäki tokaý baýlyklaryny uzak möhletli tokaýdan peýdalanmaga bermeklik aýanlyk şertlerinde we degişli çäkde ýaşaýan ilatyň bähbitlerini hasaba almak bilen bäsleşik esasynda amala aşyrylýar.

2. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryndaky tokaý baýlyklaryny uzak möhletli tokaýdan peýdalanmaga bäsleşiksiz bermeklik Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryndaky tokaý baýlyklaryny bermek üçin bäsleşigi tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy guraýar.

4. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryndaky tokaý baýlyklary eýeçiliginde tokaý gaznasynyň meýdanlary bolan döwlet edarasynyň we tokaýdan peýdalanyjynyň arasyndaky şertnama esasynda uzak möhletleýin tokaýdan peýdalanmaga berilýär.

5. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryndaky tokaý baýlyklary tokaýdan peýdalanyjylara 5 ýyldan 40 ýyla çenli möhlet bilen tokaýdan uzak möhletli peýdalanmaga berilýär.

6. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryndan peýdalanmagyň möhleti uzaldylan halatynda ileri tutulýan hukuk ozalkylary ýaly tokaýdan peýdalanyja berilýär, şonda ol tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmaga çemeleşmeleri üpjün etmelidir.

7. Tokaý gaznasynyň ýerleri tokaýdan uzak möhletli peýdalanmak şertlerinde berlende artykmaç hukuk degişli çäkde ýaşaýan ilata berilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

30-njy madda. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan uzak möhletli peýdalanmagyň şertnamasynyň şertleri

 

1. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan uzak möhletli peýdalanmagyň şertnamasynda aşakdakylar görkezilýär:

1) tokaýdan peýdalanmak amala aşyrylýan tokaý gaznasynyň meýdanynyň serhetleri;

2) tokaý gaznasynyň parçasynyň meýdany;

3) tokaýdan peýdalanmagyň görnüşleri;

4) tokaýdan peýdalanmagyň möçberleri (ölçegleri);

5) tokaýdan peýdalanmagyň möhletleri;

6) tokaýdan peýdalanylandygy üçin tölegiň möçberi we ony tölemegiň tertibi;

7) tokaý baýlyklaryny abat saklamak, goramak we üznüksiz köpeldip durmak boýunça taraplaryň borçlary;

8) şertnamanyň şertleriniň bozulandygy üçin taraplaryň jogapkärçiligi;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki şertler.

2. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan uzak möhletli peýdalanmak şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

3. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan uzak möhletli peýdalanmagyň şertnamasy onuň döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan başlap baglaşylan diýlip hasap edilýär.

 

31-nji madda. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan gysga möhletli peýdalanmak

 

1. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryndaky tokaý baýlyklary eýeçiliginde tokaý gaznasynyň meýdanlary durýan döwlet edarasy bilen tokaýdan peýdalanyjynyň arasynda kärende şertnamasynyň esasynda tokaýdan gysga möhletli peýdalanmak berilýär.

2. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryndaky tokaý baýlyklary 5 ýyla çenli möhlet bilen tokaýdan gysga möhletli peýdalanmaga (kärendesine) berilýär.

3-nji bölegi Türkmenistanyň 28.02.2015 ý. № 202-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

4. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan gysga möhletli peýdalanylanda tokaýdan peýdalanmagyň diňe şu aşakdaky görnüşleri amala aşyrylyp bilner:

1) tokaýdan esasy däl görnüşde peýdalanmak;

2) tokaý gaznasynyň meýdanlaryny awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin peýdalanmak;

3) tokaý gaznasynyň meýdanlaryny okuw-tejribe we ylmy-barlag maksatlary üçin peýdalanmak;

4) tokaý gaznasynyň meýdanlaryny medeni aň-bilim, terbiýeçilik, syýahatçylyk, sagaldyş, rekreasion we sport maksatlary üçin peýdalanmak.

5. Tokaý gaznasynyň ýerlerini tokaýdan gysga möhletli peýdalanmak (kärende) şertlerinde bermek aýanlyk şertlerinde, degişli çäkde ýaşaýan ilatyň bähbitlerini hasaba almak bilen geçirilmelidir.

6. Tokaý gaznasynyň ýerleri tokaýdan gysga möhletli peýdalanmak (kärende) şertlerinde berlende degişli çäkde ýaşaýan ilata artykmaç hukuk berilýär.

7. Tokaýdan gysga möhletli (kärende) şertlerinde tokaý gaznasynyň ýerlerini bermek şu Kodeks hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kadalaşdyrylýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda)

 

32-nji madda. Döwlet tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan gysga möhletli peýdalanmagyň (kärendäniň) şertnamasynyň şertleri

 

Tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan gysga möhletli peýdalanmak (kärende) şertnamasynda görkezilýär:

1) tokaýdan peýdalanmak amala aşyrylýan tokaý gaznasynyň berlen böleginiň serhetleri we meýdany;

2) tokaýdan peýdalanmagyň görnüşleri;

3) tokaýdan peýdalanmagyň möçberleri (ölçegleri);

4) tokaýdan peýdalanmagyň möhletleri;

5) tokaýdan peýdalanylandygy üçin tölegiň möçberi we ony geçirmegiň tertibi;

6) tokaý baýlyklaryny abat saklamak, goramak we üznüksiz köpeldip durmak boýunça taraplaryň borçlary;

7) şertnamanyň şertleriniň bozulandygy üçin taraplaryň jogapkärçiligi;

8) agaç çapmak peteginiň (orderiniň) we tokaý peteginiň belgisi we berlen senesi;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki şertler.

 

33-nji madda. Tokaýdan peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi

 

1. Tokaýdan peýdalanmak hukugy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) tokaýdan peýdalanmak hukugyndan meýletin boýun gaçyrylanda;

2) tokaýdan peýdalanmak möhleti tamamlananda;

3) peýdalanmagynda tokaý gaznasynyň meýdany bolan ýuridik şahs ýatyrylanda;

4) tokaýlar we tokaý gaznasynyň ýerleri maksatly niýetlenilişine görä peýdalanylmasa;

5) tokaýlaryň we beýleki tebigy desgalaryň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilip durulmagyna ýaramaz täsir edýän usullar bilen tokaýdan peýdalanmak amala aşyrylanda;

6) tokaýlarda ýangyn howpsuzlyk düzgünleri bozulanda;

7) tokaýdan peýdalanylandygy üçin tölegiň bellenilen möhletlerde tölenilmezligi;

8) döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin tokaý gaznasynyň ýerleriniň alynmagy.

2. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen tokaýdan peýdalanmak hukuklaryny bes etmegiň beýleki halatlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

3. Tokaýdan peýdalanmak hukugyny bes etmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

4. Tokaýdan peýdalanmak hukugyny bes etmek ygtyýarnamalaryň, agaç çapmak peteginiň (orderiniň) we tokaý peteginiň görkezilen resminamalary beren edaralar tarapyndan ýatyrylmagyna eltýär.

 

34-nji madda. Tokaý gaznasyndan peýdalanmagyň görnüşleri

 

1. Tokaý gaznasynda tokaýdan peýdalanmagyň şu aşakdaky görnüşleri amala aşyrylyp bilner:

1) esasy däl görnüşdäki tokaýdan peýdalanmak (ot ýatyrmak, mal bakmak, balary maşgalalaryny we balary gapyrjaklaryny ýerleşdirmek, mellek, bakjaçylyk we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, dermanlyk ösümliklerini we tehniki çig maly, ýabany ösýän miweleri, hozlary, kömelekleri, iýmişleri we beýleki tokaý baýlyklaryny taýýarlamak-ýygnamak);

11) tokaý gaznasynyň meýdanlaryndan awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin peýdalanmak;

2) tokaý gaznasynyň meýdanlaryndan okuw-tejribe we ylmy-barlag maksatlary bilen peýdalanmak;

3) tokaý gaznasynyň meýdanlaryny medeni aň-bilim, terbiýeçilik, syýahatçylyk, sagaldyş, rekreasion we sport maksatlarynda peýdalanmak;

4) tokaýy çapmak we agaç taýýarlamak;

5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tokaýdan peýdalanmagyň beýleki görnüşleri.

2. Tokaýdan peýdalanmagyň belli bir görnüşleri amala aşyrylanda tokaý baýlyklaryny we tokaý gaznasynyň meýdanlaryny peýdalanmagyň aýratynlyklary tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji unyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

35-nji madda. Tokaýdan esasy däl görnüşde peýdalanmak

 

1. Tokaý gaznasynyň meýdanlary ýuridik we fiziki şahslara tokaýdan esasy däl görnüşde peýdalanmaga berlip bilner.

2. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynda ot ýatyrmak, mal bakmak, balary maşgalalaryny we balary gapyrjaklaryny ýerleşdirmek, mellek, bakjaçylyk we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we şertlerde bu maksatlar üçin ýörite bölünip berlen meýdanlarda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Dermanlyk ösümliklerini we tehniki çig maly, ýabany ösýän miweli ekinleri, hozlary, kömelekleri, iýmişleri we beýleki tokaý baýlyklaryny taýýarlamak (ýygnamak) bar bolan baýlyklaryň gutarmagyny aradan aýyrýan tärler we usullar bilen geçirilýär. Bu maksatlar bilen tokaýyň aýry-aýry tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşyp, peýdalanmagyň çäklendirilen kadasyny belläp biler.

4. Tokaýdan esasy däl görnüşde peýdalanmak tokaýa zyýan ýetirmezden amala aşyrylmalydyr.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

36-njy madda. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryndan awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin peýdalanmak

 

1. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryndan awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin peýdalanmak tokaýa zyýan ýetirmezden we ýabany haýwanlar üçin ýaşamagyň amatly gurşawyny saklamak bilen amala aşyrylýar.

2. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryny awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

 

37-nji madda. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryndan okuw-tejribe we ylmy-barlag maksatlary üçin peýdalanmak

 

1. Tokaýlar ylym we bilim edaralary we guramalary tarapyndan okuw-tejribe hem-de ylmy-barlag işini amala aşyrmak üçin peýdalanylyp bilner.

2. Okuw-tejribe we ylmy-barlag işini amala aşyrmak üçin tokaý gaznasynyň meýdançalary döwlet edaralaryna we guramalaryna eýeçilik etmäge hem-de peýdalanmaga tölegsiz esasda, beýleki döwlete degişli bolmadyk ylym we bilim edaralaryna hem-de guramalaryna, daşary ýurt edaralaryna we guramalaryna, ýuridik we fiziki şahslara tölegli esasda kärendesine berilýär.

3. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryny okuw-tejribe we ylmy-barlag maksatlary üçin peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda)

 

38-nji madda. Tokaý gaznasynyň meýdanlaryny medeni aň-bilim, terbiýeçilik, syýahatçylyk, sagaldyş, rekreasion we sport maksatlary üçin peýdalanmak

 

1. Medeni aň-bilim, terbiýeçilik, syýahatçylyk, sagaldyş, rekreasion we sport maksatlary üçin tokaý gaznasynyň meýdanlary ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary tarapyndan tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, ýuridik we fiziki şahslara peýdalanmaga berilýär.

2. Tokaý gaznasynyň meýdançalaryndan medeni aň-bilim, terbiýeçilik, syýahatçylyk, sagaldyş, rekreasion we sport maksatlary bilen peýdalanylmagy üçin olar döwlet edaralaryna we guramalaryna eýeçilik etmäge hem-de peýdalanmaga tölegsiz esasda, beýleki döwlete degişli bolmadyk edaralara we guramalara, daşary ýurt edaralaryna we guramalaryna, ýuridik we fiziki şahslara tölegli esasda kärendesine berilýär.

3. Düýpli bolmadyk görnüşli gurluşlary bina etmek bilen syýahatçylyk lagerlerini, dynç alyş bazalaryny we beýleki şuňa meňzeş desgalary ýerleşdirmek üçin rugsatlar ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan tokaý eýeleriniň razylygy bilen berilýär.

4. Medeni aň-bilim, terbiýeçilik, syýahatçylyk, sagaldyş, rekreasion we sport maksatlary üçin berlen tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaýdan peýdalanyjylar tokaýlary we tebigy landşaftlary abat saklan, tokaýlarda ýangyn howpsuzlygyny we sanitariýa kadalaryny berjaý eden mahalynda bu meýdanlary abadanlaşdyrmak boýunça çäreleri geçirýärler.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky rkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

39-njy madda. Tokaýlary çapmak we agaç taýýarlamak

 

1. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynda agaç taýýarlamak tokaý çapmaklygyň şu aşakdaky görnüşlerini geçirmek tertibinde amala aşyrylýar:

1) agaçlyklaryň regenerasiýasy we/ýa-da durnuklaşdyrmak esasy maksat bilen ýetişen we köp durup zaýalanan agaçlyklarda geçirilýän esasy peýdalanýany çapmak;

2) aralyk peýdalanylýany çapmak, tokaýlara ideg etmek üçin çapmalar, saýlama sanitariýa çapmalar we az bahaly tokaý agaçlarynyň, şeýle hem gorag, suwdan goraýyş we beýleki wezipelerini ýitiren agaçlaryň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly çapmalar, ýeke duran ýaş agaçlary çapmalar;

3) beýleki çapmalar (tutuş sanitariýa çapmalary; gidrouzelleriň, turba geçirijileriň, ýollaryň gurluşygy bilen baglanyşykly tokaý arasyndaky ýollar çekilende, ýangyna garşy boşluklar döredilende, ýaramly hapalar ýygnalanda tokaý meýdanlaryny arassalamalar; beýleki maksatlar üçin çapmalar).

2. Önümçilik-tehniki zerurlygy bilen döredilmedik jaýlar, desgalar we aragatnaşyklar gurlanda tokaýlary çapmak gadagandyr.

3. Şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda bellenilen tertipde diňe hökmany tokaý dikeldilende tokaýlary çapmaga ýol berilýär.

4. Tokaýlary çapmak tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda tokaýlaryň derejelerine baglylykda geçirilýär.

5. Suw gorag tokaýlarynda (derýalaryň, kölleriň, suw howdanlarynyň we beýleki suw desgalarynyň), awtomobil we demir ýollaryň boýundaky tokaýlaryň gorag zolaklarynda, beýleki ulag we aragatnaşyk liniýalaryndaky, çöllük we ýarym çöllük zolaklaryndaky tokaýlarda, şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň we bejeriş-sagaldyş edaralarynyň (şypahanalaryň) töweregindäki gür baglyk zolaklarynyň tokaýlarynda tokaýyň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen tokaýa ideg etmek üçin çapmaga ýol berilýär.

6. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň tokaýlarynda (döwlet tebigy goraghanalarynda, milli tebigy seýilgählerde we beýleki aýratyn goralýan tebigy ýerlerde), aýratyn gymmatly tokaý ýaýlalarynda, tokaý miweli baglarda, şäher tokaýlarynda diňe aralyk peýdalanylýany çapmaga tokaýa ideg etmek ücin we sanitariýa çapmaga ýol berilýär.

7. Ýangyna garşy aralyklary döretmek bilen baglanyşykly beýleki çapmalara ähli derejelerdäki tokaýlarda, şol sanda aýratyn ýagdaýlarda aýratyn goralýan tebigy ýerlerde ýerleşýän tokaýlarda ýol berlip bilner.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

40-njy madda. Agaç çapmak petegi (orderi) we tokaý petegi

 

1. Agaç çapmak petegi (orderi) agajy we ikinji derejeli tokaý baýlyklaryny taýýarlamaga hukuk berýän resminamadyr. Agaç çapmak peteginde peýdalanmak üçin tokaý gaznasyndan tokaý gurluşyk taslamalarynyň esasynda berlen ýer uçastogy, agajyň we ikinji derejeli tokaý baýlyklarynyň mukdary, hili, olaryň bahasy, işleri geçirmegiň möhletleri, ýerleri agaç böleklerinden arassalamagyň we tokaýy dikeltmegiň şertleri we düzgünleri görkezilýär.

2. Tokaý petegi onuň eýesine tokaýdan esasy däl görnüşde peýdalanmak hukugyny berýän resminamadyr. Tokaý peteginde tokaý gaznasyndan peýdalanmagyň görnüşi, ýeri, möçberi, wagty, şertleri we bahasy görkezilýär.

3. Agaç çapmak peteginiň (orderiniň) we tokaý peteginiň görnüşleri, olary hasaba almagyň, saklamagyň, doldurmagyň we bermegiň kadalary tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

41-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerdäki tokaýdan peýdalanmagyň aýratynlyklary

 

Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde (döwlet tebigy goraghanalarynda, milli tebigy seýilgählerde we beýleki aýratyn goralýan tebigy ýerlerde) ýerleşen tokaýdan peýdalanmak şu Kodeksde we Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda)

 

42-nji madda. Serhet zolagynda we serhet gözegçilik ýerinde, şeýle hem goranyş hajatlary üçin gerek bolan ýerlerde tokaýdan peýdalanmagyň aýratynlyklary

 

Serhet zolagynda we serhet gözegçilik ýerinde , şeýle hem goranyş hajatlary üçin gerek bolan ýerlerde tokaýdan peýdalanmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

43-nji madda. Tokaý gaznasyndan peýdalanmagyň şertlerini üýtgetmek üçin esaslar

 

Tokaý gaznasyndan peýdalanmagyň şertlerini üýtgetmäge şu aşakdaky halatlarda ýol berilýär:

1) ýangynlar, ýel gomlary, zyýankeşler, keseller we beýleki tokaýdan peýdalanyja bagly bolmadyk ýagdaýlar bilen tokaýlara zeper ýetmegi netijesinde tokaý gaznasynyň ýagdaýynyň bozulmagy;

2) döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin tokaý gaznasynyň ýerleriniň bir bölegini almak;

3) rugsat beriji resminamalarda görkezilen möhletlerde göz öňünde tutulan möçberlerde tokaý gaznasyndan peýdalanylmazlyk.

 

44-nji madda. Tokaý hojalygyny we tokaýdan peýdalanmagy alyp barmak bilen baglanyşykly bolmadyk işleri geçirmegiň tertibi

 

Tokaý gaznasynyň çäginde gurluşyk işlerini geçirmek, umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly zatlary almak, aragatnaşyklary çekmek we tokaý hojalygyny alyp barmak hem-de tokaýdan peýdalanmak bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki işleri ýerine ýetirmek ygtyýarly döwlet edarasy we degişli ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bilen ylalaşylyp ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň rugsadynyň esasynda döwlet ekologik bilermenler seljermesiniň oňyn netijenamasy bolan mahalynda amala aşyrylýar.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

45-nji madda. Tokaýlaryň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilip durulmagyna täsir edýän kärhanalary, binalary we beýleki desgalary ýerleşdirmek, taslamak, gurmak we ulanmaga bermek

 

1. Tokaýlaryň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilip durulmagyna täsir edýän kärhanalar, binalar we beýleki desgalar ýerleşdirilende, taslananda, gurlanda we ulanylmaga berlende olara akdyrylýan hapa suwlaryň, himiki maddalaryň, senagat jemagat-durmuş zyňyndylarynyň we galyndylarynyň ýaramaz täsirinden tokaýlaryň goragyny üpjün edýän çäreler göz öňünde tutulmalydyr we amala aşyrylmalydyr.

2. Tokaýlaryň ýagdaýyna we üznüksiz köpeldilip durulmagyna täsir edýän kärhanalaryň, binalaryň we beýleki desgalaryň gurulýan ýerleri döwlet ekologik bilermenler seljermesinde barlag edilmelidir we gurluşygyň amala aşyrylýan çägindäki ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşylmalydyr.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

46-njy madda. Tokaýlarda fiziki şahslaryň bolmagy

 

1. Fiziki şahslar dynç alşy geçirmek, medeni-sagaldyş, rekreasion, syýahatçylyk we sport çärelerine gatnaşmak, öz hajatlary üçin ýabany ösýän miweleri, hozlary, kömelekleri, iýmişleri, dermanlyk ösümliklerini we beýleki tokaý baýlyklaryny ýygnamak maksady bilen tokaýlarda bolmak hukugyna eýedirler.

2. Fiziki şahslar tarapyndan tokaýlarda öz hajatlary üçin ýabany ösýän miweleri, hozlary, kömelekleri, ir-iýmişleri, dermanlyk ösümlikleri we beýleki tokaý serişdelerini ýygnamaga tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan kesgitlenilýän möçberleriň (çäklendirilen möçberleriň) çäklerinde rugsat berilýär.

3. Ýabany ösýän ösümlikleriň we beýleki janly organizmleriňrkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerini, şeýle hem neşe saklaýjy ösümlikleri we tebigy neşe saklaýjy çig maly ýygnamak we taýýarlamak gadagandyr, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen halatlar muňa degişli däldir.

4. Fiziki şahslar ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmäge, agaçlary we gyrymsy agaçlaryň döwülmelerine we çapylmalaryna, tokaý ekinleriniň zeper ýetmelerine, tokaýlaryň hapalanmagyna, garynja hinlerine, guş höwürtgelerine zeper ýetirilmegine ýol bermezlige, ýabany ösýän miweleri, hozlary, kömelekleri, iýmişleri, dermanlyk ösümlikleri we beýleki tokaý baýlyklaryny ýygnamagy olaryň üznüksiz köpeldilip durulmagyna zyýan ýetirmejek möhletlerde we usullarda alyp barmaga borçludyrlar.

5. Aw etmek we balyk tutmak maksady bilen fiziki şahslaryň tokaýlarda bolmagy şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary bilen düzgünleşdirýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

47-nji madda. Tokaý gaznasyndan peýdalanmalaryň kadalary

 

Tokaý gaznasyndan peýdalanmak tokaý gurnaýyşynyň, tokaý gaznasyny tükellemegiň we barlaglarynyň materiallary boýunça kesgitlenýän, ylma esaslanan kadalaryň çäklerinde amala aşyrylýar.

 

VII BAP. TOKAÝLARYŇ MONITORINGI, TOKAÝ GURNAÝYŞ, TOKAÝ GAZNASYNY DÖWLET TARAPYNDAN HASABA ALMAK, DÖWLET TOKAÝ KADASTRY

 

48-nji madda. Tokaýlaryň monitoringi

 

1. Tokaýlaryň monitoringi tokaýlary netijeli dolandyrmak, peýdalanmak, üznüksiz köpeldip durmak, abat saklamak we goramak maksady bilen geçirilýär.

2. Tokaý monitoringini amala aşyrmagyň gurluşy, mazmuny we tertibi tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

49-njy madda. Tokaý gurnaýyş

 

1. Tokaý gurnaýyş tokaý hojalygyny alyp barmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, tokaý hojalygynda ýeke-täk ylmy-tehniki syýasaty amala aşyrmaga, tokaý gaznasyndan rejeli peýdalanmagy üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň ulgamyny öz içine alýar.

2. Tokaý gurnaýyşda şu aşakdakylar amala aşyrylýar:

1) tokaý gaznasynyň we olaryň içerki hojalyk guralyşynyň serhetlerini, tokaý gaznasynyň serhetlerini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kesgitlemek;

2) topograf-geodeziki işleri ýerine ýetirmek we tokaý gaznasyny ýörite kartografirlemek, sol sanda tokaý gaznasynyň meýdanlaryny bölmek;

3) tokaýlaryň tohum we ýaş düzümlerini, olaryň ýagdaýyny kesgitlemek bilen tokaý gaznasyny tükellemek, şeýle hem tokaý baýlyklarynyň hil we mukdar häsiýetnamalaryny kesgitlemek;

4) tokaý gaznasynyň meýdanlaryndaky esasy peýdalanylýany çapmak üçin, aralyk peýdalanylýanyň çapmalaryny, beýleki çapmalary, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak we tokaýy köpeltmek, meliorasiýa, tokaýlary abat saklamak hem-de goramak we beýleki tokaý hojalyk çärelerini ýüze çykarmak, şeýle hem olary geçirmegiň tertibini we usullaryny kesgitlemek;

5) tokaý gaznasyny goraglylyk derejesine bölmegi esaslandyrmak, tokaý gaznasyny bir derejeden beýleki derejä geçirmek, tokaý bolmadyk meýdanlary tokaýly meýdanlara geçirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, şeýle hem tokaý gaznasynyň meýdanlaryny meýdanlaryň görnüşlerine esaslandyrmak we degişli etmek;

6) hasaplanan kesilmeli agaç meýdanlary, aralyk peýdalanylýanyň çapmalarynyň möçberlerini, tokaý gaznasynyň meýdanlarynda baş peýdalanyjynyň tokaý dikeldiş çapmalarynyň ýaşlaryny kesgitlemek;

7) tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak we tokaýy döretmek, tokaý tohumçylygy, tokaýlary abat saklamak we goramak boýunça çäreleriň, tokaý gaznasynyň meýdanlarynda beýleki tokaý hojalyk çäreleriniň möçberlerini kesgitlemek;

8) tokaýdan esasy däl görnüşde peýdalanmagyň we ikinji derejeli tokaý baýlyklaryny taýýarlamakda esasy awçylyk hojalygynyň hajatlary üçin, medeni-sagaldyş, rekreasion, syýahatçylyk we sport maksatlary üçin tokaý gaznasynyň meýdanlaryndan peýdalanmagyň möçberlerini kesgitlemek;

9) beýleki tokaý gurnaýyş hereketleri.

 

50-nji madda. Tokaý gurnaýyşy geçirmegiň ulgamy

 

1. Tokaý gurnaýyşy tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen tertipde ýeke-täk ulgam boýunça ýerine ýetirilýär.

2. Tokaý gaznasynyň çäginde tokaý gurnaýyş işleri tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan geçirilýär.

3. Bellenilen tertipde tassyklanan tokaý gurnaýyş materiallary bolmazdan tokaý gaznasynyň meýdanlarynda tokaý hojalygyny alyp barmak we tokaýdan peýdalanmak gadagan edilýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

51-nji madda. Tokaý gurnaýyş taslamalary

 

1. Tokaý gaznasynyň tokaý gurnaýyşynda tokaý gurnaýyş taslamalary düzülýär, olarda geçen döwür üçin tokaý hojalygynyň alnyp barlyşyna we tokaý gaznasyndan peýdalanylyşyna toplumlaýyn baha berilýär, indiki döwür üçin tokaý hojalygyny guramagyň we alyp barmagyň esasy düzgünleri işlenip taýýarlanylýar.

2. Tokaý gurnaýyş taslamalary we tokaý gurnaýyşyň beýleki resminamalary tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýar we tokaý hojalygyny alyp barmak, ony häzirki we geljekki meýilleşdirmek, şeýle hem tokaý hojalyk işlerini maliýeleşdirmek üçin hökmany bolup durýarlar.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

52-nji madda. Tokaý gaznasy hakynda maglumat

 

1. Tokaý gaznasy hakynda maglumat - tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy we oňa tabyn bolan guramalar tarapyndan öz wezipelerini amala aşyranlarynda alynýan wlet tokaý kadastrynyň, tokaýlaryň monitoringiniň, tokaý gurnaýyşyň hasaba alynmagynyň maglumatlary we beýleki maglumatlary öz içine alýar.

2. Tokaýlaryň ýagdaýy hakyndaky maglumat açykdyr. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan bu maglumaty peýdalanmagyň tertibi we şertleri tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___, ___-nji madda)

 

53-nji madda. Tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak

 

1. Tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak tokaý gaznasyny abat saklamak, goramak, tokaýlary üznüksiz köpeldip durmak we tokaýy döretmek, tokaýdan peýdalanmak, tokaý gaznasynyň mukdar we hil üýtgemelerine yzygiderli gözegçilik etmek hem-de döwlet edaralaryny gyzyklanýan ýuridik we fiziki şahslary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tokaý gaznasy hakyndaky maglumat bilen üpjün etmek üçin alnyp barylýar.

2. Tokaý gaznasynyň döwlet tarapyndan hasaba alnyşynyň maglumatlary döwlet tokaý kadastry ýöredilende peýdalanylýar.

 

54-nji madda. Döwlet tokaý kadastry

 

1. Döwlet tokaý kadastry tokaý gaznasynyň hukuk düzgüni, ony tokaý eýelerine paýlamak, tokaý gaznasynyň mukdar we hil ýagdaýy, onuň düzümi, tokaý gaznasynyň ekologik we ykdysady häsiýetnamalary hakynda maglumatlary özünde saklaýar.

2. Döwlet tokaý kadastrynyň maglumatlary tokaý hojalygy döwlet tarapyndan dolandyrylanda, onuň alnyp barlyşy guralanda, tokaý hojalygyny alyp barmak we tokaý gaznasyny peýdalanmak bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlarda tokaý bolmadyk meýdanlara tokaý meýdanlary geçirilende, tokaý gaznasynyň ýerleri alnanda, tokaýdan peýdalanylandygy üçin tölegiň möçberleri kesgitlenende, tokaý eýeleriniň we tokaýdan peýdalanyjylaryň hojalyk işine baha berlende peýdalanylýar.

 

55-nji madda. Tokaý hojalygynyň ösüşini meýilleşdirmek

 

1. Türkmenistanyň milli tokaý syýasatynyň wezipelerine laýyklykda tokaý hojalygyny ösdürmegiň döwlet meýilleşdirmesi amala aşyrylýar.

2. Tokaý hojalygyny ösdürmegiň geljekki meýilnamalary döwlet tokaý hojalyk kärhanalarynyň tokaý hojalyk meýilnamalarynyň esasynda tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

VIII BAP. TOKAÝLARY DIKELTMEK WE KÖPELTMEK

 

56-njy madda. Tokaýlary dikeltmek we köpeltmek

 

1. Tokaýlary dikeltmegiň maksady tokaýlary çapylmalardan, köýüklerden we öň tokaý gaznasynyň tokaý eýeleýän çäklerinde öz wagtynda dikeltmek, tokaýlaryň tohum düzümini gowulandyrmak, tokaý gaznasynyň ýerleriniň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek bolup durýar.

2. Tokaýlary dikeltmek şu aşakdaky esasy talaplary berjaý etmek bilen tokaý gaznasynyň ýerlerinde amala aşyrylýar:

1) tokaý dikeldiş işlerini geçirmek üçin tokaý bilen örtülmedik tokaý ýerlerini ilkinji nobatda bermek;

2) tokaý ösümlik şertlerini hasaba almak bilen hojalyk gymmatly tohumlar bilen çapylmalaryň hökmany tokaýlaşdyrylmagyny üpjün etmek;

3) tokaýlaryň tohum düzümini gowulandyrmak we önümliligini, olaryň goraýjylyk we gurşaw döredijilik häsiýetlerini ýokarlandyrmak;

4) tokaýlaryň tebigy dikeldiş ukyplaryndan has ýokary peýdalanmak;

5) tokaýlaryň genetik gaznasyny we biologik köpdürliligini abat saklamak.

3. Tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek boýunça düzgünler we kadalar tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Tokaý dikeldiş işleri tokaý gaznasynyň meýdanynyň eýeleriniň üstüne ýüklenýär. Tokaý dikeldiş işlerine şertnamalaýyn esasda tokaý baýlyklaryndan peýdalanyjylar çekilip bilner.

5. Tokaýçylyk ýerlerini ýokarlandyrmak, eroziýa hadysalarynyň öňüni almak, ekologik ýagdaýy we agrotokaý meliorasiýany gowulandyrmak maksady bilen tokaý gaznasynyň tokaý bolmadyk ýerlerinde tokaýy döretmek işleri geçirilýär.

6. Tokaýlary köpeltmek işleri tokaý gaznasynyň meýdanlarynyň eýeleriniň üstüne ýüklenýär.

61. Tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek boýunça işleriň netijeliligi, şol sanda ekilen ýa-da oturdylan tokaý nahallarynyň düýp tutmaklarynyň kadalary standartlaşdyrmak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

7. Tokaý gaznasynyň tokaý bolmadyk we beýleki ýerlerindäki tokaý agaçlary şu Kodeksiň 1-nji maddasynyň 5-nji bendinde tokaý düşünjesinde kesgitlenilişi ýaly, tokaý diýlip ykrar edilýär.

8. Tokaýy dikeltmek we köpeltmek boýunça işleri geçirmek tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ýörite maksatnamalar we taslamalar boýunça amala aşyrylýar.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky rkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___, ___-nji madda)

 

57-nji madda. Tokaý tohumlary we beýleki tokaý reproduktiw materiallary

 

1. Tokaý tohumlaryny we beýleki tokaý reproduktiw materiallarynyň peýdalanylmagyny hukuk taýdan düzgünleşdirmek şu Kodekse, "Tohumçylyk hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Tokaý tohumçylygynyň maksatlary üçin şu aşakdakylar amala aşyrylýar:

1) tokaý tohumlaryny etraplar boýunça paýlamak;

2) hemişelik tokaýyň tohum meýdanlaryny we enelik agaç ekilen meýdanlary döretmek;

3) tokaý ösümlikleriniň tohumlar gaznasyny döretmek;

4) tokaý ösümlikleriniň tohumlaryny öndürmek, taýýarlamak, işläp taýýarlamak, saklamak, ýerlemek, daşamak we peýdalanmak boýunça beýleki çäreler.

3. Tokaýlar üznüksiz köpeldilip durlanda tokaý ösümlikleriniň tohumlary we ýokary hilli beýleki tokaý reproduktiw materiallary peýdalanylýar, şeýle hem tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan tohumlaryň we beýleki tokaý reproduktiw materiallaryň hiline bolan talaplara laýyklykda olaryň gelip çykan anyk ýeri hasaba alynýar.

4. Tokaýlar üznüksiz köpeldilip durlanda tokaý ösümlikleriniň we beýleki tokaý reproduktiw materiallarynyň önümçilige ornaşdyrylmadyk tohumlarynyň, şeýle hem hili barlanylmadyk tokaý ösümlikleriniň we beýleki tokaý reproduktiw materiallarynyň tohumlarynyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

IX BAP. TOKAÝ GAZNASYNYŇ MEÝDANLARYNYŇ EÝELERINE, TOKAÝDAN PEÝDALANYJYLARA

ÝITGILERIŇ WE TOKAÝ HOJALYK ÖNÜMÇILIGINIŇ ÝITGILERIŇIŇ ÖWEZINI DOLMAK

 

58-nji madda. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynyň eýelerine we tokaýdan peýdalanyjylara ýitgileriň öwezini dolmak

 

1. Tokaý gaznasynyň meýdanlarynyň alynmagy ýa-da wagtlaýyn eýelenmegi, şeýle hem tokaý gaznasynyň meýdanlarynyň eýeleriniň we tokaýdan peýdalanyjylaryň hukuklarynyň çäklendirilmegi ýa-da kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we raýatlaryň işi bilen dörän täsiriň netijesinde tokaýlaryň hil ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen ýetirilen ýitgiler bu ýitgileri çeken tokaý gaznasynyň meýdanlarynyň eýelerine we tokaýdan peýdalanyjylara doly möçberde (duşdan geçirilen bähbidi goşup) öwezi dolunmaga degişlidir.

2. Ýitgileriň öwezini dolmak tokaý gaznasynyň meýdanlary berlen kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan, şeýle hem işi tokaý gaznasynyň meýdanlarynyň eýeleriniň we tokaýdan peýdalanyjylaryň hukuklarynyň çäklendirilmegine ýa-da ýakyndaky tokaýlaryň hiliniň ýaramazlaşmagyna eltýän kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda bellenilen tertipde geçirilýär.

3. Ýitgileriň öwezini dolmak we olaryň möçberlerini kesgitlemek bilen baglanyşykly jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.

 

59-njy madda. Tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň öwezini dolmak

 

1. Tokaý ýerlerini tokaý däl ýerlere geçirmek we tokaý hojalygyny alyp barmak bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar bilen olary peýdalanmak üçin tokaý gaznasynyň ýerlerini almak, tokaý eýeleriniň we tokaýdan peýdalanyjylaryň hukuklaryny çäklendirmek ýa-da kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işiniň döreden täsiri netijesinde tokaýlaryň hiliniň ýaramazlaşmagy bilen dörän tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileri degişli döwlet tokaý hojalyk kärhanalaryna (tokaý hojalyklaryna) ýa-da beýleki tokaý eýelerine öwezi dolunmaga degişlidir.

Görkezilen ýitgiler tokaý hojalygyny alyp barmak bilen baglanyşykly bolmadyk hajatlar üçin tokaý gaznasynyň ýerleri berilýän kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem tokaý hojalyk dolanyşygyndan tokaý gaznasynyň meýdanlaryny aýyrmak bilen desgalarynyň töwereginde abat saklaýyş, sanitariýa we gorag zolaklary oturdylýan kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan öwezi dolunýar.

2. Ýitgileriň öwezini dolmagyň tertibinde gelip gowuşýan serişdeler tokaýlaryň önümliligini we olaryň üznüksiz köpeldilip durulmagyny we abat saklanylmagyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanylýar.

3. Öwezi dolunmaga degişli tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň möçberleri we olary kesgitlemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda)

 

X BAP. TOKAÝ GAZNASYNY ABAT SAKLAMAK WE GORAMAK

 

60-njy madda. Tokaý gaznasyny abat saklamagyň we goramagyň maksatlary hem-de wezipeleri

 

1. Türkmenistanda tokaýlar, olaryň ekologik we durmuş-ykdysady talaplara laýyk gelýän ýagdaýda saklanylmagyny üpjün etmek maksady bilen abat saklanylmaga we goralmaga degişlidirler.

2. Şu aşakdakylar tokaý gaznasyny abat saklamagyň we goramagyň esasy wezipeleridir:

1) tokaý ýangynlarynyň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak we ýok etmek boýunça çäreleri geçirmek;

2) ähli tokaýdan peýdalanyjylaryň we tokaý gaznasynyň çäginde ýerleşen kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem tokaýda bolýan fiziki şahslaryň ýangyn howpsuzlyk we sanitariýa kadalaryny berjaý etmeklerini üpjün etmek;

3) tokaýlary bikanun çapmalardan, zeper ýetmelerden we Türkmenistanyň tokaý kanunçylygynyň beýleki bozulmalaryndan abat saklamak, şeýle hem tokaý gaznasynyň ýerlerini abat saklamak;

4) tokaýyň zyýankeşleriniň we keselleriniň ojaklaryny öz wagtynda ýüze çykarmak, olaryň ösüşini çaklamak we olara garşy göreşmek;

5) biotehniki çäreleri geçirmek;

6) tokaý gaznasynyň çäginde aw awlamak we balyk tutmak düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek;

7) tokaý gaznasynyň abat saklanylmagyny, goralmagyny, üznüksiz köpeldilip durulmagyny, tokaýlaryň rejeli peýdalanylmagyny we tokaýyň döredilmegini üpjün edýän beýleki hereketler.

3. Tokaý gaznasyny abat saklamak we goramak döwlet, sebit maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär we tokaý gaznasynyň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen guramaçylyk, ykdysady, hukuk we beýleki çäreleriň toplumyny öz içine alýar.

4. Tokaý gaznasyny abat saklamak we goramak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, beýleki döwlet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetýerli edaralary we öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem tokaý eýeleri we tokaýdan peýdalanyjylar üpjün edýärler.

(2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №___,___-njy madda)

 

61-nji madda. Tokaý gaznasynyň ýangyn howpsuzlygy

 

1. Tokaý gaznasyny ýangynlardan abat saklamak Türkmenistanyň ýangyn howpsuzlygynyň meselelerini kadalaşdyrýan şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Tokaý gaznasynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen şu aşakdakylar amala aşyrylýar:

1) tokaýlary ýangyna garşy abadanlaşdyrmak, şol sanda ýangyna garşy maksatly ýollary gurmak, durkuny täzelemek we saklamak, tokaý arasyndaky ýollary, ýangyna garşy boşluklary çekmek;

2) tokaý ýangynlarynyň öňüni alyş we öçüriş ulgamlaryny, serişdelerini döretmek (ýangyn tehnikasy we enjamy, ýangyn söndüriji enjamlary we başgalar), bu ulgamlary, serişdeleri saklamak, şeýle hem ýokary ýangyn howpy döwründe ýangyç-çalgy ýag materiallarynyň gorlaryny döretmek;

3) tokaýlarda ýangyn howpunyň monitoringi;

4) tokaý ýangynlaryny söndürmegiň meýilnamalaryny işläp düzmek;

5) tokaý ýangynlaryny söndürmek;

6) tokaýlarda ýangyn howpsuzlygynyň beýleki çäreleri.

 

62-nji madda. Tokaý gaznasyny goramak

 

1. Tokaýlary goramak tokaýlarda zyýanly organizmleri (belli bir şertlerde tokaýlara we/ýa-da tokaý baýlyklaryna zyýan ýetirmäge ukyply ösümlikleri, haýwanlary, kesel dörediji organizmleri) we olaryň ýaýramagynyň öňüni almaga, karantin desgalaryna degişli zyýanly organizmleriň ojaklary ýüze çykarylan mahalynda bolsa, olary çäklendirmäge we ýok etmäge gönükdirilendir.

2. Karantin desgalaryna degişli edilen zyýanly organizmlerden tokaýlary goramak "Ösümlikleriň karantini hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

63-nji madda. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň tokaýlaryň abat saklanylmagyny we goralmagyny üpjün etmäge, tokaýlaryň ýagdaýy hakynda maglumat almaga, tokaýlary abat saklamak, goramak, peýdalanmak we üznüksiz köpeldip durmak boýunça kararlary taýýarlamaga, ýerine ýetirmäge we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge gatnaşmagy

 

1. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tokaýlaryň abat saklanylmagyny we goralmagyny üpjün etmäge gatnaşýarlar.

2. Her bir raýat Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gös-göni ýa-da öz wekiliniň, jemgyýetçilik birleşiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen tokaýlaryň ýagdaýy hakynda mugt takyk maglumat almak hukugyna eýedir.

3. Tokaýlary abat saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we üznüksiz köpeldip durmagyň meseleleri boýunça döwlet edaralary we wezipeli adamlary tarapyndan kabul edilýän kararlary taýýarlamaga, ýerine ýetirmäge we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge her bir raýatyň gös-göni ýa-da öz wekiliniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň üsti bilen ýa-da başga usul bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.

4. Döwlet edaralary we wezipeli adamlar şu maddanyň birinji-üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan raýatlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.

 

64-nji madda. Tokaýlaryň goralmagyna, üznüksiz köpeldilip durulmagyna we tygşytly peýdalanylmagyna bolan ykdysady höweslendirme

 

1. Tokaýlary abat saklamagyň, goramagyň, rejeli peýdalanmagyň ykdysady höweslendirilişi tokaýlaryň aýap saklanylmagyna şu aşakdakylar girýän döwlet tokaý gaznasynyň meýdanlarynyň eýeleriniň we tokaýdan peýdalanyjylaryň gyzyklanmasynyň we jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir:

1) tokaýlaryň hiliniň gowulandyrylmagy, olaryň önümliliginiň ýokarlandyrylmagy üçin höweslendirmeklige;

2) tokaý kanunçylygynyň bozulmagyny ýüze çykaran we tokaý hojalygyna ýetirilen maddy zyýany we degişlilikdäki jerimeleriň mukdaryny almagy üpjün edýän işgärleriň höweslendirilmegine;

3) tokaý eýeleriniň we tokaýdan peýdalanyjylaryň günäsi bolmazdan hatardan çykarylan tokaýlaryň dikeldilmegi üçin maksatlaýyn serişdeleriň goýberilmegine;

4) ýeňillikli karzlaryň berilmegine.

2. Tokaýlary abat saklamagyň, üznüksiz köpeldip durmagyň, rejeli peýdalanmagyň we goramagyň ykdysady howeslendirilişi boýunça çäreleri amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen tokaýlary gorap saklamak, üznüksiz köpeldip durmak we rejeli peýdalanmak babatda ykdysady taýdan höweslendirmek çäreleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___,___-nji madda)

 

XI BAP. TOKAÝLARY ABAT SAKLAMAK, GORAMAK, PEÝDALANMAK WE ÜZNÜKSIZ KÖPELDIP DURMAK BABATDA JEDELLERI ÇÖZMEK. TOKAÝ KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULMAGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

 

65-nji madda. Tokaýlary abat saklamak, goramak, peýdalanmak we üznüksiz köpeldip durmak babatda jedelleri çözmek

 

Tokaýlary abat saklamak, goramak, peýdalanmak we üznüksiz köpeldip durmak babatdaky jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tertibinde çözülýär.

 

66-njy madda. Türkmenistanyň tokaý kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

1. Türkmenistanyň tokaý kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

2. Tokaý kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilige çekilmegi ýuridik we fiziki şahslary olar tarapyndan ýetirilen zeleliň öwezini dolmak borjundan boşatmaýar.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda)

 

67-nji madda. Tokaý kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde tokaýlara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

1. Tokaýlara zyýan ýetiren ýuridik we fiziki şahslar meýletin ýa-da kazyýet tertibinde onuň öwezini dolýarlar.

2. Tokaý kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde tokaýlara ýetirilen zyýana baha bermegiň we hasaplamagyň usuly Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalaşylmagy boýunça tokaý hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 36-njy madda; 2017 ý., №___,___-nji madda)

 

XII BAP. HALKARA HYZMATDAŞLYGY

 

68-nji madda. Tokaýlary abat saklamak, goramak, peýdalanmak we üznüksiz köpeldip durmak babatda halkara hyzmatdaşlygy

 

Tokaýlary abat saklamak, goramak, peýdalanmak we üznüksiz köpeldip durmak babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen bellenilen ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2017-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kodeksleri
Kabul edilen senesi 25.03.2011
Resminamanyň belgisi № 166-IV