Türkmenistanyň Arbitraž Iş Ýörediş Kodeksi

TÜRKMENISTANYŇ

  KANUNY

 

TÜRKMENISTANYŇ ARAÇYLYK IŞ ÝÖREDIŞ

 JEMKANUNYNY  TASSYKLAMAK WE GÜÝJE

GIRIZMEK HAKYNDA

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý. № 3-4, 38- madda)

 

1. Türkmenistanyň Araçylyk iş ýörediş jemkanunyny tassyklamaly.

2. Türkmenistanyň Araçylyk iş ýörediş jemkanunyny 2001 ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

3. Türkmenistanyň eminliklerine gelip gowşan we 2001 ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli garalmadyk araçy işleri Türkmenistanyň Araçylyk iş ýörediş jemkanunyna laýyklykda garalmaga degişlidir diýip bellemeli.

4. 2001 ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

Türkmenistanyň Ýokary Soweti tarapyndan 1991 ýylyň 12-nji noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Hojalyk iş ýörediş jemkanunyny (Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 16, 168 madda);

1991 ýylyň 12-nji noýabryndan 2000-nji ýylyň 18-nji dekabry aralygyndaky döwürde Türkmenistanyň Hojalyk iş ýörediş jemkanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen kanunlary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

 Türkmenistanyň                            Saparmyrat

 Prezidenti                                       Türkmenbaşy

 

Aşgabat ş.

2000-nji ýylyň 19-njy dekabry

№ 52-II

 

 

TÜRKMENISTANYŇ

ARBITRAŽ IŞ ÝÖREDIŞ KODEKSI

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1 madda. Arbitraž kazyýet önümçiligi

 

Arbitraž kazyýet önümçiligi welaýat we Aşgabat şäher kazyýetleri, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti hem-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti (mundan beýläk - kazyýet) tarapyndan ykdysady hukuk gatnaşyklaryndan ýa-da dolandyryş çygryndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedelleri we şu Kodeks hem-de beýleki kanunlar tarapyndan öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry işleri çözmek arkaly amala aşyrylýar.

 

2 madda. Arbitraž kazyýet önümçiliginiň wezipeleri

 

Arbitraž kazyýet önümçiliginiň wezipeleri:

1) düzgünnamaly şahslaryň we telekeçiniň hukuk ýagdaýyna eýe bolan adamlaryň (mundan beýläk - jismi şahslar) bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan;

2) ykdysadyýet çygrynda kanunylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.

 

3 madda. Arbitraž kazyýet önümçiligi hakyndaky kanunçylyk

 

1. Arbitraž kazyýet önümçiligi Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda we «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de şu Kodekse laýyklykda amala aşyrylýar. Jedelleriň aýry-aýry toparlary boýunça kazyýet önümçiliginiň aýratynlyklary Türkmenistanyň beýleki kanunlary bilen bellenilip bilner.

2. Arbitraž kazyýet önümçiligi işlere garalýan, aýry-aýry iş ýörediş hereketleriň amala aşyrylýan ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilýän döwürde hereket edýän Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda ýöredilýär.

3. Täze borçnamalary ýükleýän, iş ýöredişe gatnaşyjylara degişli hukuklary ýatyrýan ýa-da kemeldýän, hukuklary peýdalanmagy goşmaça şertler bilen çäklendirýän arbitraž iş ýörediş kanunynyň gaýdymlaýyn güýji ýokdur.

(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016-njy ýyl, № , -nji madda;)

 

4 madda. Kazyýete ýüz tutmak hukugy

 

1. Düzgünnamaly we jismi şahslar özleriniň bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy üçin kazyýete ýüz tutmaga haklydyrlar.

2. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak üçin kazyýete ýüz tutmaga prokuror, döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we beýleki edaralar haklydyr.

3. Daşary ýurtly düzgünnamaly we jismi şahslar şu Kodeksde hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunlarynda, halkara şertnamalarynda ýa-da taraplaryň ylalaşygynda göz öňünde tutulan halatlarda Türkmenistanyň kazyýetine ýüz tutmaga haklydyrlar.

4. Eger kanunda ýa-da şertnamada jedeli kazyýete çenli düzgünleşdirmegiň tertibi göz öňünde tutulan bolsa, onda jedel kazyýet tarapyndan garamaga diňe şeýle tertip berjaý edilenden soň kabul edilip bilner.

 

5 madda. Arbitraž işlere seredilende kazylaryň garaşsyzlygy

 

1. Arbitraž işlere seredilende kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe kanuna tabyndyrlar we özleriniň içki ynam-ygtykadyna gollanýarlar.

2. Kazylar arbitraž işlerini özlerine kesekiniň täsirini aradan aýyrýan şertlerde çözýärler. Adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça kazyýetiň işine haýsydyr bir gatyşylmagy ýol berilmesizdir we kanun boýunça jogapkärçilige eltýär.

(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016-njy ýyl, № , -nji madda;)

 

6 madda. Taraplaryň bäsleşikliligi we deňhukuklylygy

 

1. Arbitraž kazyýet önümçiligi taraplaryň bäsleşikliliginiň we deňhukuklylygynyň esasynda amala aşyrylýar. Taraplar deň iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we deň iş ýörediş borçlaryny çekýärler.

2. Kazyýet çözgüdi diňe taraplaryň her birine subutnamalary barlamaga gatnaşmagy deň esaslarda üpjün edilen subutnamalara esaslandyrýar.

3. Işe seredýän kazyýet dogruçyllygy we tarapgöýsüzligi saklamak bilen, işiň ýagdaýlaryny doly we dogry barlamaga taraplaryň hukuklaryny amala aşyrmagy üçin zerur şertleri döredýär, işe gatnaşýan adamlara olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirýär, iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmagyň ýa-da amala aşyrmazlygyň netijeleri hakynda duýdurýar we şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda olara öz hukuklaryny amala aşyrmakda ýardam edýär.

4. Kazyýet taraplara deň we hormatly garaýşy görkezýär.

(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016-njy ýyl, № , -nji madda;)

 

7 madda. Kazyýet önümçiliginde ulanylýan dil

 

1. Arbitraž kazyýet önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar.

2. Kazyýet önümçiliginiň alnyp barylýan dilini bilmeýän işe gatnaşyjylara iş namalary bilen tanyşmak we iş ýörediş hereketlerine gatnaşmak hukugy terjimeçi arkaly üpjün edilýär.

 

8 madda. Kazyýet iş ýöredişiniň aýanlygy

 

1. Işlere kazyýetiň açyk mejlisinde garalýar.

2. Kazyýetiň karary boýunça şu aşakdaky halatlarda kazyýetiň ýapyk mejlisi geçirilýär:

1) döwlet syrlaryny goramagyň bähbitleri üçin;

2) kazyýet tarapyndan gulluk, täjirçilik we beýleki syrlaryň saklanylmagynyň zerurlygyna salgylanýan taraplaryň biriniň haýyşnamasy kanagatlandyrylan mahaly;

3) kanun arkaly göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

 

9 madda. Kazyýet seljerişiniň gös-gönüligi

1. Kazyýet işi seljerende iş boýunça ähli subutnamalary gös-göni barlamaga borçludyr.

2. Kazyýet mejlisinde barlagyň närsesi bolmadyk subutnamalar arbitraž kazyýeti tarapyndan kabul edilýän kazyýetiň kararynyň esasyna goýlup bilinmez.

(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016-njy ýyl, № , -nji madda;)

 

10 madda. Ulanylmaga degişli kanunçylyk

 

1. Kazyýetler işleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny goldanyp çözýärler.

2. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda, şeýle hem taraplaryň ylalaşygynda göz öňünde tutulan halatlarda, beýleki döwletleriň kanunlary ulanylýar. Daşary ýurt kanunlarynda jedelli gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalar bolmadyk halatynda Türkmenistanyň degişli hukuk kadalary ulanylýar.

3. Jedelli gatnaşygy düzgünleşdirýän kanunlar bolmadyk halatynda meňzeş gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanun ulanylýar, şeýle kanunlar hem bolmadyk mahalynda bolsa, işler kanunlaryň umumy başlangyçlaryndan we manysyndan ugur alnyp çözülýär.

 

11 madda. Kazyýetiň namalarynyň hökmanylygy

 

1. Kazyýet kazyýet namalary bolan çözgütleri, kararlary we kesgitnamalary kabul edýär.

2. Kanuny güýje giren kazyýet namalarynyň, şeýle hem kazyýetiň kanuny talaplarynyň, tabşyryklarynyň, çagyrmalarynyň we beýleki ýüz tutmalarynyň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň ähli çäklerinde hökmanydyr.

3. Kazyýet namasynyň ýerine ýetirilmezligi, şeýle hem kazyýete äsgermezçilik edilmegi Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

4. Daşary ýurt döwletleriniň kazyýetleriniň, halkara we arbitraž kazyýetleriniň kazyýet namalary Türkmenistanyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

 

12 madda. Kazyýet namalarynyň kanunylygy we esaslandyrylanlygy

 

Kazyýet namalary kanuny we esaslandyrylan bolmalydyr.

 

13 madda. Kazyýet namalaryna ýaňadan garamak

 

Arbitraž işler boýunça kazyýet namalaryna şu Kodeksde bellenilen tertipde ýaňadan garalyp bilner.

 

II BAP. KAZYÝETIŇ DÜZÜMI. YNAMSYZLYKLAR

 

14 madda. Kazyýetiň düzümi

 

1. Birinji basgançakly kazyýetde işlere kazy ýekelikde garaýar.

2. Kazyýetiň başlygynyň çözgüdi boýunça islendik işe kazylar tarapyndan bilelikde garalyp bilner.

3. Ikinji we gözegçilik basgançaklarynda işlere şu Kodeksde bellenilen tertipde kazylar tarapyndan bilelikde garalýar.

4. Işe kazylar tarapyndan bilelikde garalan mahaly kazyýetiň düzümine kazylaryň azyndan üçüsi girmelidir.

5. Işlere garalan mahaly ähli kazylar deň hukuklardan peýdalanýarlar.

 

15 madda. Işlere kazylar tarapyndan bilelikde garalan mahaly kazyýetiň meseleleri çözmeginiň tertibi

 

1. Işlere kazylar tarapyndan bilelikde garalan mahaly ýüze çykýan meseleleri kazylar sesleriň köplügi bilen çözýärler. Kazylaryň hiç biri ses bermekden saklanmaga hakly däldir. Kazyýet mejlisine başlyklyk edýän iň soňundan ses berýär.

2. Köplügiň çözgüdi bilen razylaşmaýan kazy şol çözgüde gol çekmäge borçludyr we özüniň aýratyn pikirini ýazmaça görnüşde beýan etmäge haklydyr, ol işe goşulýar, ýöne jar edilmeýär. Kazynyň aýratyn pikiri bilen işe gatnaşyjylar tanyşdyrylmaýar.

3. Eger kazy tarapyndan aýratyn pikir bildirilen işe şikaýat tertibinde ýaňadan garalmadyk bolsa, onda şikaýaty bermegiň möhleti geçenden soň, iş garşylyknama getirmek barada meseläni çözmek üçin Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyna berilýär.

 

16 madda. Kazynyň ynamsyzlygy

 

1. Şu aşakdaky halatlarda kazy işe garamaga gatnaşyp bilmeýär we ynamsyzlyga degişlidir:

1) eger ol işe gatnaşýan şahslaryň ýa-da olaryň wekilleriniň biriniň garyndaşy bolsa;

2) eger onuň hut özi işiň netijesine göni ýa-da gytaklaýyn dahylly bolsa ýa onuň tarapgöýsizligi barada şübhelenmeler döredýän başga ýagdaýlar bar bolsa;

3) eger şol bir işe ozal bilermen, terjimeçi, prokuror taraplaryň biriniň wekili ýa-da şaýat hökmünde gatnaşan bolsa.

2. Işe garaýan kazyýetiň düzümine öz aralarynda garyndaşlyk gatnaşyklary bolan şahslar girip bilmez.

 

17 madda. Prokuroryň, bilermeniň we terjimeçiniň ynamsyzlygy

 

1. Prokuror, bilermen we terjimeçi şu Kodeksiň 16 maddasynda görkezilen esaslar bar bolan ýagdaýynda işlere garamaga gatnaşyp bilmez we ynamsyzlyga degişlidir. Mundan başga-da, şu aşakdakylar bilermeniň ynamsyzlygyna esas bolup biler:

1) işe gatnaşýan şahslara ýa-da olaryň wekillerine iş seljerilen pursatda ýa-da ozal gulluk taýdan ýa başga bir görnüşde baglylygy;

2) onuň kazyýete ýüz tutmak üçin esas ýa-da sebäp bolan ýa işe garalan mahaly peýdalanylýan maglumatlary ozal derňänligi.

2. Prokuroryň, bilermeniň ýa-da terjimeçiniň şu işe ozal garalan mahaly degişlilikde prokuror, bilermen, terjimeçi hökmünde mejlise gatnaşmagy olaryň ynamsyzlanmagy üçin esas bolup durmaýar.

 

18 madda. Kazynyň işe garamaga gaýtadan gatnaşmagyna ýol bermezlik

 

1. Işe ozal birinji basgançakly kazyýetde gatnaşan kazy şol işe ikinji ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetde garamaga, şonuň ýaly-da özüniň gatnaşmagynda çykarylan kazyýet namasy sökülen halatda şol işe birinji basgançakly kazyýetde täzeden garamaga gatnaşyp bilmeýär, täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işe garamak muňa girmeýär.

2. Kazynyň işe birinji, ikinji ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetde garamaga gatnaşmagy ony şol işe Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň düzüminde garamaga gatnaşmak hukugyndan mahrum etmeýär.

3. Kazynyň işe Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň düzüminde garamaga gatnaşmagy ony şol işe kazyýetde birinji, ikinji ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetde täzeden garamak hukugyndan mahrum etmeýär.

 

19 madda. Ynamsyzlyk we işden meýletin çekilmek  hakyndaky arza

 

1. Şu Kodeksiň 16 we 17 maddalarynda görkezilen ýagdaýlar bar mahaly kazy, prokuror, bilermen we terjimeçi işden öz-özüňi ynamsyzlandyrmaga borçludyr. Hut şol esaslar boýunça işe gatnaşýan şahslar olara ynamsyzlyk berip biler.

2. Ynamsyzlyk we öz-özüňi ynamsyzlandyrma delillendirilmelidir we iş boýunça kazyýet namasy kabul edilmänkä bildirilmelidir.

3. Adyl kazyýeti amala aşyrmakdan esassyz boýun gaçyrylmagyna ýol berilmeýär.

4. Kaza esassyz bildirilen ynamsyzlyk kanagatlandyrylmaga degişli däldir.

 

20 madda. Bildirilen ynamsyzlygy çözmegiň tertibi

 

1. Ynamsyzlyk bildirilen halatda kazyýet işe gatnaşýan şahslaryň pikirini diňlemelidir, şeýle hem ynamsyzlyk şahs düşündirişleri bermek isleýän bolsa, ony diňlemelidir.

2. Işe ýekelikde garaýan kaza ynamsyzlyk hakyndaky meseläni degişli kazyýetiň başlygy çözýär.

3. Işe kazylar tarapyndan bilelikde garalan mahaly kaza ynamsyzlyk hakyndaky meseläni ynamsyzlyk kazynyň bolmazlygynda kazyýetiň düzümi çözýär. Ynamsyzlygyň tarapyna we oňa garşy berlen sesler deň bolan halatda kazy ynamsyzlyk diýlip hasaplanylýar.

4. Kazylaryň birnäçesini ýa-da kazyýetiň ähli düzümini ynamsyzlyk  hakyndaky meseläni işe garaýan kazyýetiň düzümi çözýär.

5. Prokurory, bilermeni ýa-da terjimeçini ynamsyzlyk hakyndaky meseläni işe garaýan kazyýetiň düzümi çözýär.

6. Ynamsyzlyk hakyndaky meselä garamagyň netijeleri boýunça kesgitnama çykarylýar.

 

21 madda. Bildirilen ynamsyzlygy kanagatlandyrmagyň netijeleri

 

Kazy ýa-da kazylaryň birnäçesi ýa bolmasa kazyýetiň düzümi ynamsyzlyk halatda işe başga düzümde garalýar.

 

III BAP. IŞLERIŇ KAZYÝETE DEGIŞLILIGI WE HAÝSY

KAZYÝETE DEGIŞLILIK

 

22 madda. Kazyýetiň garamagyna degişli işler

 

1. Kazyýetiň garamagyna ykdysady hukuk gatnaşyklaryndan ýa-da dolandyryş çygryndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça işler degişlidir.

2. Kazyýetler şu aşakdaky jedelleri çözýärler:

1) baglaşylmagy kanunda göz öňünde tutulan ýa-da taraplaryň ylalaşygynda göz öňünde tutulan şertnama boýunça çaprazlyklar hakyndaky;

2) şertnamanyň şertlerini üýtgetmek ýa-da şertnamany ýatyrmak hakyndaky;

3) borçnamalaryň ýerine ýetirilmändigi ýa-da degişli tertipde ýerine ýetirilmändigi hakyndaky;

4) eýeçilik hukugyny ykrar etmek hakyndaky;

5) emlägi kesekiniň bikanun eýelik etmeginden emläk eýesiniň ýa-da başga bir kanuny eýelik edýäniň talap edip almagy hakyndaky;

6) emläk eýesiniň ýa-da başga bir kanuny eýelik edýäniň eýelik etmekden mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk hukuklarynyň bozulmasy hakyndaky;

7) ýitgileriň öwezini dolmak hakyndaky;

8) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk gelmeýän we düzgünnamaly hem-de jismi şahslaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini bozýan döwlet edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de gaýry edaralaryň kadalaşdyryjy bolmadyk häsiýetli namalaryny doly ýa-da bölekleýin hakyky däl diýip hasap etmek hakyndaky, şonuň ýaly-da şeýle namalaryň kabul edilmegi bilen baglanyşykly ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmak hakyndaky;

9) düzgünnamaly we jismi şahslaryň namysyny, mertebesini we işewürlik abraýyny goramak hakyndaky;

10) düzgünnamaly şahsy ýa-da hususy telekeçi hökmünde jismi şahsy döwlet tarapyndan bellige almakdan boýun gaçyrylmagy ýa bellenilen möhletde we şeýle bellige alyş kanunda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz dönderilmegi barada şikaýat edilmegi hakyndaky;

11) gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan edaralar tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň talaplaryny bozmak bilen, jedelsiz (akseptsiz) tertipde hasapdan öçürilen pul serişdeleriniň býujetden gaýtarylyp berilmegi hakyndaky;

12) düzgünnamaly şahsyň ýa-da hususy telekeçileriň hukuklarynyň ýüze çykmagy, üýtgemegi ýa-da bes edilmegi üçin ähmiýeti bolan halatlary (mundan beýläk - hukuk ähmiýetli halatlar) anyklamak hakyndaky;

13) düzgünnamaly we jismi şahslaryň batmagy hakyndaky.

Şonuň ýaly-da kazyýet kanun tarapyndan öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki işlere hem garap biler.

3. Şu aşakdakylar kazyýetleriň garamagyna degişli däldir:

1) çözülmegi Türkmenistanyň kanunlary bilen beýleki edaralaryň garamagyna degişli edilen jedeller;

2) önümler üçin nyrhlary, kärende töleginiň möçberini, şeýle hem bitirilen hyzmatlaryň (ýerine ýetirilen işleriň) bahasyny bellemek hakyndaky jedeller;

3) taraplar üçin hökmany bolan nama esaslanmadyk şertnamany baglaşmaga mejbur edilmegi hakyndaky arzalar.

 

23 madda. Jedelleri bitaraplar kazyýetiniň çözmegine bermek

 

Ýüze çykan ýa-da ýüze çykmagy ähtimal bolan jedel kazyýet tarapyndan çözgüt kabul edilmezinden öň taraplaryň ylalaşygy boýunça bitaraplar kazyýetiniň garamagyna berlip bilner.

 

24 madda. Işleriň haýsy kazyýete degişliligi

 

1. Arbitraž işlere Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti, şeýle hem Aşgabat şäher we welaýat kazyýetleri tarapyndan garalýar.

2. Aşakdaky jedeller Türkmenistanyň diňe Arbitraž kazyýetine aýratyn kazyýet ýagdaýda degişlidir:

1) jedelleşýän taraplaryň haýsy-da bolsa biri daşary ýurtly düzgünnamaly ýa-da jismi şahs bolsa;

2) merkezi edaralaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk gelmeýän we düzgünnamaly we jismi şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini bozýan merkezi edaralaryň kadalaşdyryjy häsiýete eýe bolmadyk namalaryny hakyky däl diýip ykrar etmek (doly ýa-da kem-käsleýin) hakynda, şonuň ýaly hem şeýle namalaryň kabul edilmegi bilen baglanyşykly ýitgileriň öwezini dolmak hakynda;

3) düzgünnamaly we jismi şahslaryň batmagy hakynda;

4) jedeller boýunça jogap berijiler dürli welaýatlarda ýa-da welaýatlaryň haýsy-da bolsa birinde we Aşgabat şäherinde ýerleşýän bolsa.

 

25 madda. Jogap berijiniň ýerleşýän ýerinde hak islegini bildirmek

 

1. Hak islegi jogap berijiniň ýerleşýän ýerindäki kazyýete bildirilýär.

2. Aýrybaşgalanan gurluş birliginiň işinden gelip çykýan düzgünnamaly şahsa hak islegi aýrybaşgalanan düzüm birliginiň ýerleşýän ýerinde bildirilýär.

 

26 madda. Hak işleýjiniň saýlamagy boýunça kazyýete degişlilik

 

1. Ýerleşýän ýeri näbelli bolan jogap berijä hak islegi onuň emläginiň ýerleşýän ýerindäki ýa-da onuň soňky mälim bolan ýerindäki kazyýete bildirilip bilner.

2. Türkmenistanyň düzgünnamaly ýa-da jismi şahsy we başga döwletiň çäginde ýerleşen jogap berijä hak islegi hak isleýjiniň ýa-da jogap berijiniň emläginiň ýerleşýän ýerindäki kazyýete bildirilip bilner.

3. Ýerine ýetirilmeli ýeri görkezilen şertnamadan gelip çykýan hak islegi şertnamanyň ýerine ýetirilýän ýerindäki kazyýetine bildirilip bilner.  

 

 27 madda. Hukuk ähmiýeti bolan ýagdaýlary ykrar etmek hakyndaky işleriň kazyýete degişliligi

 

1. Hukuk ähmiýeti bolan ýagdaýlary ykrar etmek hakyndaky işlere arz edijiniň ýerleşýän ýerinde garalýar.

2. Jaýa, desgalara, ýer bölegine we gaýry gozgalmaýan emläge eýelik etmek ýagdaýlaryny ykrar etmek hakyndaky işlere jaýyň, desganyň, ýer böleginiň we gaýry gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýerinde garalýar.

 

28 madda. Kazyýete aýratyn degişlilik

 

1. Jaýlara, desgalara, ýer böleklerine we gaýry gozgalmaýan emläge bolan eýeçilik hukugyny ykrar etmek hakyndaky, olary kesekiniň bikanun eýelik etmeginden talap etmek hakyndaky, hususyýetçiniň ýa-da eýelik etmekden mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk gaýry kanuny eýäniň hukuklarynyň bozulmalaryny düzetmek hakyndaky hak islegler jaýyň, desganyň, ýer böleginiň we gaýry gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça bildirilýär.

2. Ýük daşamak şertnamalaryndan gelip çykýan, şol sanda haçanda ýük daşaýjy jogap berijileriň biri bolan mahalynda ýük daşaýja bolan hak islegi ýük daşaýjynyň ulag edarasynyň ýerleşýän ýerinde bildirilýär.

 

29 madda. Ylalaşyk boýunça kazyýete degişlilik

 

Şu Kodeksiň 25 we 26 maddalarynda bellenilen kazyýete degişlilik taraplaryň ýazmaça ylalaşygy boýunça üýtgedilip bilner.

 

30 madda. Garşylyklaýyn hak isleginiň kazyýete degişliligi

 

Kazyýete degilidigine garamazdan garşylyklaýyn hak islegi ilkibaşky hak islegine garalan kazyýete bildirilýär.

 

31 madda. Işleri bir kazyýetden başga kazyýete bermek

 

1. Kazyýete degişlilik hakyndaky kadalaryň berjaý edilmegi bilen kazyýet önümçiligine kabul edilen iş mundan beýläk ol başga kazyýete  degişli bolsa-da işi kabul eden kazyýet oňa düýp mazmuny boýunça garamalydyr.

2. Kazyýet degişliligi boýunça işi başga kazyýetiň garamagyna şu aşakdaky ýagdaýlarda berýär:

1) işe garalanda onuň şu kazyýetiň önümçiligine degişlilik hakyndaky kadalary bozmak bilen alnan bolsa;

2) eger kazylaryň biri ýa-da birnäçesi ynamsyzlykdan soň olary şol kazyýetde çalyşmak mümkin bolmasa, şeýle hem diňe şol kazyýetde işe garamak mümkin bolmadyk başga halatlarda, şeýle halatlarda işi bir kazyýetden başga kazyýete bermek Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Işi degişliligi boýunça başga kazyýete bermek hakynda kesgitnama çykarylýar, oňa şu Kodeksde bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

4. Türkmenistanyň kazyýetleriniň arasynda kazyýete degişlilik hakyndaky jedellere ýol berilmeýär.

5. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy we onuň orunbasarlary işi kazyýete degişliligi bolan bir kazyýetden başga kazyýete bermäge haklydyrlar.

 

IV BAP. KAZYÝET IŞ ÝÖREDIŞINE GATNAŞYJYLAR

 

32 madda. Işe gatnaşyjylaryň düzümi

 

Şu aşakdakylar işe gatnaşyjylar diýlip hasaplanýar:

taraplar, üçünji taraplar;

arz edijiler, hukuk ähmiýeti bolan ýagdaýlary anyklamak hakyndaky hem-de düzgünnamaly we jismi şahslaryň batmagy hakyndaky işlerde özüniň bähbidi bolanlar;

prokuror, döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hem-de döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak baradaky talap bilen kazyýete ýüz tutan beýleki edaralar.

 

33 madda. Işe gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary

 

1. Işe gatnaşyjylaryň işiň maglumatlary bilen tanyşmaga, olardan göçürmeleri, nusgalary almaga, ynamsyzlyk bildirmäge, subutnamalary getirmäge, subutnamalary barlamaga gatnaşmaga, işe gatnaşyjylara sowallary bermäge, haýyşnamalary bermäge, kazyýete dilden we ýazmaça düşündirişleri bermäge, işiň barşynda ýüze çykýan ähli meseleler boýunça öz delillerini getirmäge, işe gatnaşýan beýleki taraplaryň haýyşnamalaryna, delillerine garşy çykmaga, çözgütlere ýaňadan garamak hakyndaky arza bilen ýüz tutmaga we şu Kodeks arkaly berlen beýleki iş ýörediş hukuklardan peýdalanmaga hukugy bardyr.

2. Işe gatnaşyjylar kazyýetiň çagyrmagy boýunça kazyýet mejlisine gelmäge, kazyýetiň talaby boýunça zerur maglumatlary bermäge, çözülýän jedeliň düýp manysy boýunça kazyýete dilden we ýazmaça düşündirişleri bermäge hem-de şu Kodeksde göz öňünde tutulan beýleki iş ýörediş kadalaryny berjaý etmäge borçludyr.

3. Işe gatnaşyjylar özlerine degişli ähli iş ýörediş hukuklaryndan ak ýürek bilen peýdalanmaga borçludyrlar.

 

34 madda. Taraplar

 

1. Hak isleýji we jogap beriji işde taraplar bolup durýarlar.

 

2. Öz bähbitleri üçin hak islegini bildiren ýa-da bähbitleri üçin hak islegi bildirilen düzgünnamaly we jismi şahslar hak işleýjiler bolup durýarlar.

3. Hak isleg talaby özüne bildirilen düzgünnamaly we jismi şahslar jogap berijiler bolup durýarlar.

4. Taraplar iş ýörediş hukuklaryndan deň peýdalanýarlar.

 

35 madda. Işe birnäçe hak isleýjiniň ýa-da jogap berijiniň gatnaşmagy

 

Hak islegi birnäçe hak isleýji tarapyndan ýa-da birnäçe jogap berijä  bilelikde bildirilip bilner. Her bir hak isleýji ýa-da jogap beriji iş ýöredişde özbaşdak çykyş edýär. Şärikli hak isleýjiler ýa-da jogap berijiler işi alyp barmagy degişlilikde olaryň birine tabşyryp bilerler.

 

36 madda. Degişli däl tarapy çalşyrmak

 

1. Kazyýet işi seljeren döwründe hak isleginiň talap hukugy degişli bolandan başga şahsa ýa-da hak islegi boýunça jogap bermeliden başga şahsa bildirilendigini anyklap, hak isleýjiniň razylygy bilen, ilkibaşdaky hak isleýjini ýa-da jogap berijini degişli hak isleýji ýa-da jogap beriji bilen çalşyrmaga ýol berip biler.

2. Eger hak isleýji özüniň başga bir şahs bilen çalşyrylmagyna razy bolmasa, onda şol şahs jedeliň mazmuny barada özbaşdak talaplary bildirýän üçünji şahs hökmünde işe goşulyp biler, kazyýet bu barada şol şahsa habar edýär.

3. Eger hak isleýji jogap berijiniň başga bir şahs bilen çalşyrylmagyna razy bolmasa, kazyýet şol şahsy ikinji jogap beriji hökmünde işe çekip biler.

4. Degişli däl tarap çalşyrylandan soň işe garamak ýaňadan başlanýar.

 

37 madda. Hak isleginiň esasyny ýa-da mazmunyny üýtgetmek, hak isleg talaplarynyň möçberini üýtgetmek, hak isleginden ýüz döndermek, hak islegini ykrar etmek we barlyşyk ylalaşygy

 

1. Kazyýet çözgüt çykarmanka hak isleýji hak isleginiň esasyny ýa-da mazmunyny üýtgetmäge, hak isleg talaplarynyň möçberini artdyrmaga ýa azaltmaga, ýa-da hak isleginden ýüz döndermäge haklydyr. Jogap beriji hak islegini doly ýa-da bölekleýin ykrar etmäge haklydyr. Taraplar işi barlyşyk ylalaşygy bilen tamamlap bilerler.

2. Hak isleginden ýüz dönderilmegini kabul etmekden ýa-da barlyşyk ylalaşygyny tassyklamakdan öň kazyýet şol iş ýörediş hereketleriniň getirýän netijelerini taraplara düşündirýär.

3. Kanunlara ýa-da beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna ters gelýän ýa kimdir biriniň hukuklarynyň we kanun arkaly goralýan bähbitleriniň bozulýan halatynda, kazyýet hak isleginden ýüz dönderilmegini, hak isleg talaplarynyň möçberleriniň azaldylmagyny, hak isleginiň ykrar edilmegini kabul etmeýär, barlyşyk ylalaşygyny tassyklamaýar. Şeýle halatlarda kazyýet jedele düýp manysy boýunça garaýar.

 

38 madda. Üçünji şahslar

 

1. Jedeliň mazmuny barada özbaşdak talaplary bildirýän üçünji şahslar işe kazyýet çözgüt çykarmanka goşulyp bilerler. Olar hak isleýjiniň ähli hukuklaryndan peýdalanýarlar we onuň ähli borçlaryny çekýärler, muňa jedelleriň şu kysmy üçin kanunda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatda jedeli jogap beriji bilen kazyýetden öň düzgünleşdirmek çärelerini görmek borçnamalary girmeýär.

2. Eger iş boýunça çözgüt jedeliň mazmuny boýunça özbaşdak talaplary bildirmeýän üçünji şahslaryň taraplaryň biri baradaky hukuklaryna we borçlaryna täsir edip biljek bolsa, şol üçünji şahslar hak isleýjiniň ýa-da jogap berijiniň tarapynda kazyýet çözgüt çykarmanka işe goşulyp biler. Olar taraplaryň ýa-da prokuroryň haýyşnamasy, kazyýetiň başlangyjy boýunça hem işe gatnaşmaga çekilip bilner.

3. Özbaşdak talaplary bildirmeýän üçünji şahslar taraplaryň iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we borçlaryny çekýärler, muňa hak isleginiň esasyny ýa-da mazmunyny üýtgetmek, hak isleg talaplarynyň möçberini artdyrmak ýa azaltmak, hak isleginden ýüz döndermek, hak islegi ykrar etmek ýa-da barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak, çözgüdi mejbury ýerine ýetirmegi talap etmek hukugy girmeýär.

 

39 madda. Iş ýörediş hukuklary barada oruntutarlyk

 

1. Jedelli ýa-da kazyýetiň çözgüdi bilen anyklanylan hukuk gatnaşyklarynda taraplaryň biri düzgünnamaly şahsyň ýapylmagy, talapda eglişik edilmegi, berginiň geçirilmegi, jismi şahsyň aradan çykmagy sebäpli işe gatnaşmakdan çykan halatlarynda kazyýet şol tarapy onuň hukuk oruntutary bilen çalşyryp, bu barada çözgütde ýa-da kesgitnamada görkezýär. Hukuk oruntutarlylyk kazyýet iş ýöredişiň islendik döwründe mümkindir.

2. Hukuk oruntutarynyň işe girişmeginden öň iş ýöredişde amala aşyrylan ähli hereketleriň şol orny çalşylan şahs üçin hökmany bolşy ýaly hukuk oruntutary üçin hem hökmanydyr.

 

40 madda. Kazyýet iş ýöredişine prokuroryň gatnaşmagy

 

1. Prokuroryň beýleki şahslaryň hukuklaryny we kanun arkaly goralýan bähbitlerini goramak baradaky talap arza bilen kazyýete ýüz tutmaga ýa-da iş ýöredişiň islendik döwründe işe gatnaşmaga hukugy bardyr.

2. Prokuroryň hak isleginden ýüz döndermegi, hak isleg talaplarynyň möçberini azaltmagy, hak isleginiň esasyny ýa-da mazmunyny üýtgetmegi hak islegi öz bähbitleri üçin bildirilen tarapy şu Kodeksiň IX babynyň talaplaryny berjaý etmek bilen, hak isleg talaplaryny ilkibaşdaky görnüşinde goldamak hukugyndan mahrum etmeýär.

3. Öz bähbitleri üçin prokuror tarapyndan bildirilen hak isleginden degişli tarapyň ýüz döndermegini kazyýet kabul eden halatynda iş boýunça önümçilik bes edilýär.

 

41 madda. Kazyýet iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylar

 

Işe gatnaşýan şahslardan başga kazyýet iş ýöredişe bilermenler, terjimeçiler we beýleki şahslar gatnaşyp biler.

 

42 madda. Bilermen

 

1. Netijenama bermek üçin zerur ýörite bilimleri bolan we şu Kodeksde göz önünde tutulan halatlarda kazyýet tarapyndan bellenilen şahs kazyýetde bilermen bolup çykyş edip biler.

2. Seljermeleri geçirmek özüne tabşyrylan şahs kazyýetiň çagyrmagy boýunça gelmäge we goýlan meseleler boýunça tarapgöýçüliksiz netijenamany bermäge borçludyr.

3. Eger bilermene berlen maglumatlar ýeterlik däl bolsa ýa-da onuň öz üstüne ýüklenilen borjy ýerine ýetirmek üçin zerur bolan bilimleri bolmasa, ol netijenama bermekden ýüz dönderip biler.

4. Netijenama bermek üçin zerur bolan halatda bilermeniň işiň maglumatlary we iş boýunça toplanylan subutnamalar bilen tanyşmaga, kazyýetiň mejlislerine gatnaşmaga, sowallary bermäge, özüne goşmaça maglumatlaryň berilmegini kazyýetden haýyş etmäge hukugy bardyr.

5. Görnetin ýalan netijenamanyň berilmegi üçin bilermen jenaýat jogapkärçiligini çekýär.

 

43 madda. Terjimeçi

 

1. Terjime üçin bilinmegi zerur bolan dilleri bilýän we şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda kazyýet tarapyndan bellenilen adam terjimeçi bolup durýar.

2. Terjimeçi kazyýetiň çagyrmagy boýunça gelmäge we terjimäni doly, dürs hem-de wagtynda etmäge borçludyr.

3. Terjimeçi terjime edilýän mahaly bar bolan şahslara terjimäni takyklamak üçin sowallary bermäge haklydyr.

4. Görnetin ýalan terjime edilen halatynda terjimeçi Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

 

V BAP. KAZYÝETDE WEKILÇILIK

 

44 madda. Işleri wekilleriň üsti bilen alyp barmak

 

1. Düzgünnamaly şahslaryň işini kazyýetde olaryň kanunlar ýa-da dörediş resminamalary bilen özlerine berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde hereket edýän edaralary we olaryň wekilleri alyp barýar.

2. Düzgünnamaly we jismi şahslaryň ýolbaşçylary esaslandyryjy resminamalara laýyklykda özleriniň gulluk ýagdaýyny we ygtyýarlygyny tassyklaýan resmi kagyzlary kazyýete gowşurýarlar.

3. Jismi şahslar kazyýetde öz işlerini hut özleri ýa-da wekilleriň üsti bilen ýöredip bilerler. Işe hut özüniň gatnaşmagy ony wekil tutunmak hukugyndan mahrum etmeýär.

4. Kazylar, sülçüler, prokurorlar we kazyýetleriň diwanynyň işgärleri kazyýetde taraplaryň wekilleri bolup bilmezler. Bu kada şol şahslar kazyýet iş ýöredişine kazyýetleriň we hukuk goraýjy edaralaryň ygtyýarly wekilleri hökmünde gatnaşan halatlaryna degişli däldir.

 

45 madda. Wekiliň ygtyýarlyklary

 

1. Kazyýetde işleri alyp barmak üçin ygtyýarlyklar wekile özi tarapyndan wekilçilik edilýän şahsyň adyndan aşakda görkezilenlerden başga ähli  iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmaga hukuk berýär:

1) hak isleg arzasyna gol çekmekden;

2) hak isleg talaplaryndan we hak islegi ykrar etmekden doly ýa-da bölekleýin ýüz döndermekden;

3) hak isleg talaplarynyň möçberini, hak isleginiň mazmunyny ýa-da esaslaryny üýtgetmekden;

4) barlyşyk ylalaşygyny baglaşmakdan;

5) ygtyýarlyklary başga bir şahsa geçirmekden (ony gaýtadan ynanmakdan);

6) kazyýet namasy barada şikaýat etmekden;

7) garşylyk bildirmek hakyndaky arza gol çekmekden;

8) kazyýet namasyny mejbury ýerine ýetirmek, degişli edilen emlägi ýa-da puly almak hakynda talap bildirmekden.

2. Wekiliň şu maddada görkezilen hereketleriň her birini amala aşyrmak üçin ygtyýarlyklary wekilçilik edilýän şahsyň beren ynanç hatynda ýörite görkezilmelidir.

3. Düzgünnamaly şahsyň adyndan ynanç haty onuň ýolbaşçysynyň goly ýa-da onuň dörediş resminamalarynda muňa ygtyýarly edilen başga bir şahsyň goly bilen berilýär we şol düzgünnamaly şahsyň möhüri bilen güwä geçilýär.

4. Jismi şahsyň wekiliniň ynanç haty hususy telekeçiniň goly bilen berilýär we onuň möhüri bilen güwä geçilýär.

5. Aklawçynyň ygtyýarlyklaryna Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen tertipde güwä geçilýär.

 

VI BAP. SUBUTNAMALAR

 

46 madda. Subutnamalar diýen düşünje we olaryň görnüşleri

 

1. Iş boýunça subutnamalar taraplaryň talaplaryny we nägileliklerini esaslandyrýan ýagdaýlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny kazyýete kanunda bellenen tertipde kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat edýän hakykat ýüzündäki islendik maglumatlardan, şeýle hem jedeli dogry çözmek üçin ähmiýeti bolan beýleki ýagdaýlardan ybaratdyr.

2. Şol maglumatlar taraplaryň we kazyýet iş ýöredişine gatnaşýan beýleki şahslaryň ýazmaça ýa-da maddy subutnamalary, düşündirişleri, bilermenleriň netijenamalary arkaly anyklanylýar.

 

47 madda. Subut etmek we subutnamalary bermek borjy

 

1. Her bir tarap öz talaplarynyň ýa-da nägilelikleriniň esasy hökmünde salgylanýan ýagdaýlaryny subut etmelidir.

2. Subutnamalar taraplar we işe gatnaşýan beýleki şahslar tarapyndan berilýär.

 

48 madda. Subutnamalaryň degişliligi we ýol bererliligi

 

1. Kazyýet çözgüt kabul eden mahaly diňe iş üçin ähmiýeti bolan subutnamalara esaslanýar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda belli bir subutnamalar bilen tassyklanylmaga degişli bolan işiň ýagdaýlary şolar bilen tassyklanylmalydyr.

 

49 madda. Subut etmekden boşatmagyň esaslary

 

1. Kazyýet tarapyndan hemmelere mälim diýlip ykrar edilen ýagdaýlar subut edilmegine mätäç däldir.

2. Bir jedel çözülen mahaly kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi bilen ykrar edilen ýagdaýlar beýleki jedeller çözülen mahaly ýaňadan subut edilmeýär.

3. Jenaýat işi boýunça kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi belli bir hereketleriň edilenligi we kim tarapyndan edilenligi hakyndaky meseleler babatda kazyýet üçin hökmanydyr.

4. Raýat işi boýunça kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi kazyýet üçin kazyýet tarapyndan anyklanylan we iş üçin ähmiýeti bolan halatlar hakyndaky meseleler babatda hökmanydyr.

 

50 madda. Subutnamalara baha bermek

 

1. Kazyýet hemme subutnamalara işiň ähli ýagdaýlarynyň hemmetaraplaýyn, doly we tarapgöýliksiz barlanylmagyna esaslanan özüniň içki ynanjy boýunça baha berýär.

2. Hiç bir subutnamanyň kazyýet üçin öňünden bellenilen güýji ýokdur.

3. Taraplaryň biriniň öz talaplaryny ýa-da nägileliklerini esaslandyrýan anyk maglumatlaryny we ýagdaýlaryny beýleki tarapyň ykrar etmegi kazyýet üçin hökman däldir.

4. Kazyýet bilermeniň netijenamasyny mejlisde ara alyp maslahatlaşýar we oňa iş boýunça beýleki ähli subutnamalar bilen bilelikde baha berýär.

5. Kazyýet bilermeniň netijenamasyny iba kylmagyň delillerini çözgütde görkezmek bilen doly ýa-da bölekleýin ret edip biler.

 

51 madda. Ýazmaça subutnamalar

 

1. Namalar, hatlar, düşündirişler, netijenamalar, beýleki resminamalar we maglumatlar, şol sanda olaryň faksimil, elektron ýa-da başga bir aragatnaşyk arkaly ýa bolmasa resminamanyň ynamdarlygyny anyklamaga mümkinçilik berýän başga bir usul bilen alnanlary we jedeli dürs çözmek üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlar hakyndaky maglumatlary beýan edýänleri ýazmaça subutnamalar bolup durýar.

2. Ýazmaça subutnamalar asyl nusgada ýa-da bolmaly ýagdaýynda güwä geçilen nusgada berilýär. Eger jedeli çözmek üçin resminamanyň diňe bir bölegi ähmiýetli bolsa, şondan güwä  geçilen göçürme berilýär.

3. Resminamalaryň asyl nusgalary, eger Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, işiň ýagdaýlaryny şeýle namalaryň diňe asyl nusgasy bilen tassykalamak göz öňünde tutulan bolsa, şeýle hem beýleki zerur halatlarda kazyýetiň talaby boýunça berilýär.

 

52 madda. Maddy subutnamalar

 

Jedeli dürs çözmek üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlary anyklamagyň serişdesi bolup hyzmat edip biljek zatlar maddy subutnamalar bolup durýar.

 

53 madda. Subutnamalaryň getirilmegi we talap edilip alynmagy

 

1. Subutnamalar işe gatnaşýan şahslar tarapyndan getirilýär. Işe gatnaşýan, ýöne özünde zerur subutnamalar bolan, işe gatnaşýan ýa-da gatnaşmaýan şahsdan şol subutnamalary özbaşdak almaga mümkinçiligi bolmadyk şahs şol subutnamanyň talap edilip alynmagy hakyndaky haýyşnama bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr. Haýyşnamada iş üçin ähmiýeti bolan nähili ýagdaýlaryň şol subutnama arkaly anyklanylyp bilinjekdigi görkezilmelidir, subutnama atlandyrylmalydyr we onuň nirededigi görkezilmelidir. Kazyýet, zerur halatda, işe gatnaşýan şahsa subutnamany almak üçin resmi ýüztutma berýär. Kazyýet tarapyndan berilmegi talap edilýän subutnamany özünde saklaýan şahs ony gönüden-göni kazyýete iberýär ýa-da degişli resmi ýüztutmasy bolan tarapa kazyýete bermegi üçin gowşurýar.

2. Eger kazyýet tarapyndan subutnamanyň berilmegi özünden talap edilýän şahsda ony asla bermäge ýa-da kazyýet tarapyndan bellenilen möhletde bermäge mümkinçilik bolmasa, ol kazyýetiň resmi ýüztutmasy alnan günden başlap bäş gün möhletde sebäplerini görkezip, bu barada kazyýete habar etmäge borçludyr.

3. Berilmegi talap edilýän subutnamany bermek borjy kazyýet tarapyndan ýerliksiz hasap edilen sebäpler boýunça ýerine ýetirlmedik halatynda şol subutnamany özünde saklaýan şahs Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

4. Jogapkärçilige çekilmek talap edilýän subutnama eýelik edýän şahsy ony kazyýete bermek borjundan boşatmaýar.

 

54 madda. Subutnamalary ýerleşýän ýerinde gözden geçirmek we barlamak

 

1. Subutnamalary bermek mümkin däl ýa-da kyn bolan halatda kazyýet şolary ýerleşýän ýerinde gözden geçirip we barlap biler. Kazyýet ýerinde gözden geçirmek hakynda karar çykarýar. Ýerinde gözden geçirmegi işe garaýan kazyýetiň düzümi amala aşyrýar. Gözden geçirmegiň wagty we ýeri hakynda işe gatnaşýan şahslara habar edilýär, olaryň gelmezligi gözden geçirmegi amala aşyrmaga päsgel bermeýär. Zerur halatlarda bilermenler çagyrylyp bilner.

2. Subutnamalary gözden geçirmegiň we barlamagyň netijeleri boýunça teswirnama düzülip, oňa kazy (kazylar) hem-de taraplaryň subutnamalary gözden geçirmäge we barlamaga gatnaşan wekilleri gol çekýär. Teswirnama işe goşulýar.

 

55 madda. Ýazmaça we maddy subutnamalaryny gaýtaryp bermek

 

1. Işde bolan resminamalaryň asyl nusgalary jedel çözülenden soň olaryň güwä geçilen nusgalaryny işde galdyrmak bilen düzgünnamaly we jismi şahslaryň haýyşnamalary boýunça olara gaýtarylyp berilýär.

2. Kazyýetde bolan maddy subutnamalar jedel çözülenden soň alnan tarapa gaýtarylyp berilýär ýa-da şol zatlar baradaky hukugy kazyýet tarapyndan ykrar edilen düzgünnamaly ýa bolmasa jismi şahslara berilýär.

3. Resminamalaryň, maddy subutnamalarynyň gaýtarylyp berilmegi ýa-da berilmegi teswirnama arkaly resmileşdirilip, oňa kazy (kazylar) we resminamalary, zatlary alan tarapyň wekili gol çekýär. Şol teswirnama işe goşulýar.

 

56 madda. Seljerme bellemek we ony geçirmek

 

1. Jedel çözülen mahaly döreýän, ýörite bilimleri talap edýän meseleleri aýdyňlaşdyrmak üçin kazyýet seljermäniň geçirilmegini belleýär. Işe gatnaşyjylar seljerme geçirilende bilermen tarapyndan düşündirilmeli bolan soraglary kazyýete bermäge haklydyr.

2. Kazyýet bilermeniň netijenamasyny talap edýän meseleleriň gutarnykly sanawyny kesgitnamada belleýär.

3. Seljermäniň geçirilmegi edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň zerur bilimleri bolan hünärmenlerine tabşyrylmalydyr. Zerurlyk ýüze çykan halatda seljerme taraplaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.

 

57 madda. Bilermeniň netijenamasy

 

1. Bilermeniň netijenamasy geçirilen barlaglaryň jikme-jik teswirini, şeýle barlaglaryň esasynda çykarylan netijeleri we kazyýet tarapyndan orta atylan sowallara esaslandyrylan jogaplary öz içine almalydyr. Netijenama kazyýete ýazmaça görnüşde berilýär.

2. Eger seljermek geçirilen mahaly jedeli dürs çözmek üçin ähmiýeti bolan, kazyýet tarapyndan sowallar orta atylmadyk ýagdaýlar anyklanylsa, bilermen netijenamada şol ýagdaýlar boýunça çykarylan netijeleri hem beýan edýär.

3. Bilermeniň netijenamasy ýeterlik derejede aýdyň ýa-da doly bolmadyk halatlarynda kazyýet goşmaça seljermäni belläp biler.

4. Zerur halatda kazyýet seljermäni gaýtadan belläp, ony geçirmegi başga bir bilermene (bilermenlere) tabşyryp biler.

 

58 madda. Işe gatnaşyjylaryň düşündirişleri

 

1. Işe gatnaşyjylaryň iş üçin ähmiýeti bolan, özlerine mälim bolan ýagdaýlar baradaky düşündirişleri beýleki subutnamalar bilen bir hatarda barlanmaga we baha berilmäge degişlidir. Kazyýetiň teklibi boýunça işe gatnaşyjy öz düşündirişlerini ýazmaça görnüşde beýan etmäge borçludyr.

2. Eger kazyýetde ykrar etmegiň işiň ýagdaýlaryna laýyk gelýänligine we aldaw, zorluk, haýbat atmak, ýalnyşmak täsiri astynda ýa-da hakykaty ýaşyrmak maksady bilen amala aşyrylanlygyna şübhelenmeler bolmasa, ol ykrar edilen halaty anyklanylan diýlip hasap edilip bilner.

 

59 madda. Subutnamalary üpjün etmek

 

1. Zerur subutnamalaryň berilmegi mümkin däl ýa-da kyn bolar diýip howatyrlanmaga esaslary bolan şahslar şol subutnamalaryň üpjün edilmegini kazyýetden haýyş edip bilerler.

2. Subutnamalaryň üpjün edilmegi hakyndaky arzada üpjün edilmegi zerur bolan subutnamalar, şol subutnamalar arkaly tassyklanylýan ýagdaýlar, arz edijini olaryň üpjün edilmegi hakynda haýyş bilen ýüz tutmaga meýillendiren sebäpler görkezilmelidir.

3. Subutnamalary üpjün etmek ýa-da haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda delillendirilen kesgitnama çykarylýar. Subutnamalaryň üpjün edilmegi hakyndaky haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek baradaky kesgitnama barada şikaýat edilip bilner.

 

VII BAP. KAZYÝET ÇYKDAJYLARY

 

60 madda. Kazyýet çykdajylarynyň düzümi

 

Kazyýet çykdajylary döwlet pajyndan, işe garamak bilen baglanyşykly çykdajylardan, kazyýet tarapyndan bellenilen seljermäniň geçirilmegi, subutnamalaryň ýerinde gözden geçirilmegi, terjimeçiniň hyzmatlary üçin tölemäge degişli pul möçberlerinden, şeýle hem kazyýet namalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşlykly beýleki çykdajylardan ybaratdyr.

 

61 madda. Döwlet pajy

 

1. Döwlet pajy şu aşakdakylar üçin tölenilýär:

1) hak isleg arzalary;

2) batan diýlip ykrar etmek hakyndaky arzalar;

3) jedeliň meselesi barada özbaşdak talap bildirýän üçünji tarap hökmünde işe goşulmak hakyndaky arzalar;

4) hukuk ähmiýeti bolan halatlary takyklamak hakyndaky arzalar;

5) kadalaşdyryjy häsiýetli bolmadyk namalary hakyky däl diýip ykrar etmek hakyndaky arzalar;

6) döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz dönderilmegi barada şikaýat etmek hakyndaky arzalar;

7) kazyýet namalaryna şikaýat tertibinde ýaňadan garamak hakyndaky arzalar;

8) kazyýet namalarynyň nusgalarynyň gaýtadan berilmegi;

9) işiň beýleki maglumatlarynyň nusgalarynyň berilmegi.

2. Hak isleg talaplarynyň möçberi artan mahaly döwlet pajynyň ýetmeýän möçberi hak isleginiň bahasynyň artmagyna laýyklykda goşmaça tölenilýär. Hak isleginiň bahasy azalan mahaly tölenilen pajyň tapawudy yzyna gaýtarylmaýar.

3. Döwlet pajynyň möçberleri, ony tölemekden boşatmagyň esaslary we tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.

 

62 madda. Döwlet pajyny tölemek

 

Döwlet pajy Türkmenistanyň Döwlet býujetine girdeji edilip tölenilýär ýa-da töletdirilip alynýar.

 

63 madda. Döwlet pajyny tölemegi gaýra goýmak ýa-da möhletlere bölmek we onuň möçberini azaltmak

 

Kazyýet iňňän aýratyn halatlarda tutulyp alynýan döwlet pajyny tölemegi taraplaryň biri ýa-da ikisi üçün-de gaýra goýup, ýa-da ony möhletlere bölüp, ýa olaryň möçberini azaldyp biler.

 

64 madda. Döwlet pajyny gaýtaryp bermek

 

1. Şu aşakdaky halatlarda tölenilen döwlet pajy bölekleýin ýa-da dolulygyna gaýtarylyp berilmäge degişlidir:

1) ol artyk tölenilende;

2) şu Kodeksiň 76 maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça hak isleg arzasyny kabul etmekden ýüz dönderilende;

3) şu Kodeksiň 77 maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça hak isleg arzasy hak islegi bildirijä gaýtarylyp berlende;

4) şu Kodeksiň 100 maddasynyň birinji, üçünji, altynjy we ýedinji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslara gorä iş boýunça önümçilik ýatyrylanda;

5) şu Kodeksiň 104 maddasynyň birinji, ikinji we dördünji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça hak isleg garalman galdyrylanda.

2. Tölenen döwlet pajynyň doly ýa-da bölekleýin gaýtarylyp berilmegi üçin esas bolan ýagdaýlar kazyýet namalarynda görkezilýär. Şu Kodeksiň 61 maddasynda görkezilen we döwlet pajy tölenilen, ýöne kazyýete gelip gowuşmadyk ýa-da kazyýet tarapyndan gaýtarylyp berlen arzalar boýunça paç kazyýet tarapyndan berilýän delilhat esasynda gaýtarylyp berilýär.

3. Eger döwlet pajyny gaýtaryp bermek hakyndaky arza kazyýete onuň tölenen gününden başlap bir ýyldan gijä galman berlen bolsa, ol gaýtarylyp berilmäge degişlidir.

 

65 madda. Bilermenlere we terjimeçilere tölenilmeli pul

 

1. Bilermenler we terjimeçiler kazyýetiň tabşyrmagy boýunça özleriniň ýerine ýetiren işi üçin, eger şol işler olaryň gulluk borçlaryna girmeýän bolsa, hak-heşdek alýarlar.

2. Bilermenlere we terjimeçilere kazyýete gelmek bilen baglanyşykly ýol we ýaşaýyş jaýyny kireýine almak boýunça eden çykdajylarynyň öwezi dolunýar hem-de Türkmenistanyň gulluk iş saparlary hakyndaky kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen möçberlerde gündelik harç tölenilýär.

 

66 madda. Kazyýet çykdajylaryny paýlamak

 

1. Kazyýet çykdajylary kanagatlandyrylan hak isleg talaplarynyň möçberlerine barabarlykda taraplara degişli edilýär.

2. Taraplar kazyýet çykdajylaryny paýlaşmak hakynda ylalaşan mahaly, kazyýet şol ylalaşyga laýyklykda çözgüt kabul edýär.

3. Eger iş taraplaryň biriniň jedeli düzgünleşdirmegiň kazyýete çenli jedelleriň şu topary üçin kanunda ýa-da şertnamada bellenilen tertibiniň bozulmagy (nägileligi jogapsyz galdyrmak, talap edilen resminamalary ibermezlik) netijesinde ýüze çykan bolsa, kazyýet işiň netijesine garamazdan, kazyýet çykdajylaryny şol tarapa degişli etmäge haklydyr.

4. Kazyýet namasyna gaýtadan garamak hakyndaky arzanyň berilmegi bilen baglanyşykly taraplaryň çeken kazyýet çykdajylary şu maddanyň kadalaryna laýyklykda paýlanylýar.

5. Hak isleýji bellenilen tertipde döwlet pajyny tölemekden boşadylan bolsa, ýöne jogap beriji döwlet pajyny tölemekden boşadylmadyk bolsa, onda hak isleginiň kanagatlandyrylan böleginden alynmaly döwlet pajy degişli möçberde jogap berijiden alynýar.

 

VIII BAP. IŞ ÝÖREDIŞIŇ MÖHLETLERI

 

67 madda. Iş ýörediş möhletlerini bellemek we hasaplamak

 

1. Iş ýörediş hereketleri kanunda bellenilen möhletlerde geçirilýär. Iş ýörediş möhletleri kanunda göz öňünde tutulmadyk halatlarda, olar kazyýet tarapyndan bellenilýär.

2. Iş ýörediş hereketlerini geçirmegiň möhletleri anyk senenama senesi bilen hökmany suratda ýüze çykmaly wakanyň görkezilmegi bilen, ýa-da hereketiň amala aşyrylmagy mümkin bolan döwüriň wagty bilen kesgitlenilýär.

3. Ýyllar, aýlar ýa-da günler bilen hasaplanylýan iş ýörediş möhletiniň dowamlylygy onuň başlangyjy hökmünde kesgitlenilen senenama senesinden ýa-da wakanyň başlanmagyndan soňky günden başlanýar.

 

68 madda. Iş ýörediş möhletleriniň tamamlanmagy

 

1. Ýyllar bilen hasaplanylýan möhlet bellenilen möhletiň soňky ýylynyň degişli aýynda we gününde tamamlanýar. Aýlar bilen hasaplanylýan möhlet bellenilen möhletiň soňky aýynyň degişli gününde tamamlanýar. Eger aýlar bilen hasaplanylýan möhletiň ahyry degişli sandaky güni bolmadyk aýa düşýän bolsa, onda möhlet şol aýyň soňky gününde tamamlanýar.

2. Möhletiň soňky güni işlenilmeýän güne gabat gelen halatlarda şol günden soňraky ilkinji iş güni möhletiň tamamlanýan güni diýlip hasap edilýär.

3. Geçirilmegi üçin möhlet bellenilen iş ýörediş hereketi bellenilen möhletiň ahyrky gününde sagat 24-e çenli ýerine ýetirilip bilner. Eger hak isleg arzasy, hak isleg arzasyny yzyna almak namasy, kazyýet namasyna gaýtadan garamak hakyndaky arza we beýleki resminamalar aragatnaşyk edarasyna möhletiň soňky gününde sagat 24-e çenli tabşyrylan bolsa, onda möhlet geçirilen diýlip hasap edilmeýär.

 

69 madda. Iş ýörediş möhletlerini duruzmak, dikeltmek we uzaltmak

 

1. Iş boýunça önümçilik togtadylan pursatyndan başlap ähli iş ýörediş möhletleriniň dowam etmegi togtadylýar. Iş boýunça önümçilik ýaňadan başlanan günden başlap, iş ýörediş möhletleri dowam edýär.

2. Kazyýet taraplaryň, prokuroryň arzasy ýa-da öz başlangyjy boýunça kanun bilen bellenilen iş ýörediş möhletiniň geçirilmeginiň sebäplerini esasly diýip ykrar edip, geçirilen möhleti dikeldýär.

3. Geçirilen möhletiň dikeldilmegi hakynda kazyýet namasynda görkezilýär. Möhleti dikeltmekden ýüz döndermek hakynda kesgitnama çykarylýar. Geçirilen möhleti dikeltmekden ýüz döndermek hakyndaky kesgitnama barada şikaýat edilip bilner.

4. Kazyýet öz bellän möhletlerini taraplaryň, prokuroryň arzasy ýa-da öz teklibi boýunça uzaldyp biler.

 

IX BAP. HAK ISLEGI BILDIRMEK

 

70 madda. Hak isleg arzasynyň görnüşi we mazmuny

 

1. Kazyýete hak isleg arzasy ýazmaça görnüşde berilýär we oňa kazyýete arza bilen ýüz tutan ýa hak islegini bildiren düzgünnamaly şahsyň ýolbaşçysy ýa-da onuň orunbasary, jismi şahs ýa olaryň wekilleri, şeýle hem prokuror gol çekýär.

2. Hak isleg arzasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) kazyýetiň ady;

2) taraplaryň ady, olaryň poçta salgylary we bankdaky hökmany maglumatlary;

3) eger hak islegi baha kesilmäge degişli bolsa, hak islegiň bahasy;

4) hak isleg talabyna esas bolup durýan ýagdaýlar we arzada beýan edilen ýagdaýy tassyklaýan subutnamalar, talap edilýän ýa-da jedel edilýän pul möçberiniň esaslandyrylan hasaplamasy, hak isleginiň bildirilmegi üçin esas bolan kanunlar;

5) Türkmenistanyň kanunlary ýa-da şertnama bilen bellenilen halatlarda jogap berijileriň her biri bilen özara gatnaşyklary kazyýete çenli düzgünleşdirmek üçin görlen çäreler hakyndaky maglumatlar;

6) eger hak islegi jogap berijileriň birnäçesine bildirilen bolsa - olaryň her biri baradaky talaplar;

7) arzanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň we beýleki subutnamalaryň sanawy.

3. Eger jedeli dürs çözmek üçin zerur bolsa, hak isleg arzasynda beýleki maglumatlar, şeýle hem hak isleýjiden bolan haýyşnamalar görkezilip bilner.

 

71 madda. Hak islegiň bahasy

 

1. Hak islegiň bahasy şu aşakdaky ýaly kesgitlenilýär:

1) pul möçberlerini töletdirmek hakyndaky hak islegleri boýunça-töletdirilýän möçberden ýa-da töletdirme jedelsiz (akseptsiz) tertipde geçirilýän ýerine ýetiriş ýa-da başga bir resminama boýunça jedelli bolan möçberden ugur alnyp;

2) eýeçilik hukugy hakyndaky we emlägiň berilmegini talap etmek baradaky hak islegleri boýunça - şol emlägiň bahasyndan ugur alnyp.

2. Hak islegiň bahasyna hak isleg arzasynda görkezilen tölegleriň (jerimeler, puşmana puly), şeýle hem ýitgileriň möçberleri goşulýar.

3. Özbaşdak talaplaryň birnäçesinden ybarat bolan hak islegiň bahasy ähli  talaplaryň jemi bilen kesgitlenilýär.

4. Hak isleginiň bahasy nädogry görkezilen halatlarda ony kazyýet kesgitleýär.

 

72 madda. Hak isleg arzasyna goşulýan resminamalar

 

1. Hak isleg arzasyna şu aşakdakylary tassyklaýan resminamalar goşulýar:

1) hak isleg arzasynyň we oňa goşulan resminamalaryň nusgalarynyň jogap berijä iberilendigini;

2) döwlet pajynyň bellenilen tertipde we möçberde tölenilendigini;

3) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ýa-da şertnamada bellenilen halatlarda jogap beriji bilen jedeli kazyýete çenli düzgünleşdirmek tertibiniň berjaý edilendigini;

4) hak isleg talaby üçin esas bolan ýagdaýlary.

2. Döwlet häkimiýetiniň we dolandyryş edaralarynyň namasyny hakyky däl diýip ykrar etmek hakyndaky arza jedeli edilýän namanyň nusgasy ýa-da onuň güwä geçilen göçürmesi goşulýar.

3. Şertnamany baglaşmaga mejbur etmek hakyndaky arza şertnamanyň taslamasy we baglaşmagyna esas edip alynýan kadalaşdyryjy hukuk namasy goşulýar.

 

73 madda. Hak isleg arzasynyň we oňa goşulýan resminamalaryň nusgalaryny ibermek

 

Hak isleýji hak isleg arzasynyň we oňa goşulan resminamalaryň nusgalaryny beýleki tarapa ibermäge borçludyr.

 

74 madda. Hak isleg talaplarynyň birnäçesini birleşdirmek we bölüp aýyrmak

 

1. Hak isleg talaplarynyň birnäçesi öz aralarynda baglanyşykly bolan halatda olar bir hak isleg arzasynda birleşdirilip bilner. Kazyýet bir kysymly birnäçe hak isleg arzalaryny ýa-da şol bir taraplaryň gatnaşýan birnäçe işlerini bir işe birleşdirmäge haklydyr.

2. Eger hak islegini kabul eden kazyýet talaplara aýratynlykda garamagy has maksadalaýyk diýip ykrar etse, ol birleşdirilen talaplaryň birini ýa-da birnäçesini aýratyn önümçilige bölüp aýyrmaga haklydyr.

3. Kazyýet hak isleg talaplaryny birleşdirmegiň ýa-da bölüp aýyrmagyň meselelerini işe düýp mazmuny boýunça garamakdan öň çözýär, bu barada kesgitnama çykarylýar.

 

75 madda. Hak isleg arzasyny kabul etmek

 

Hak isleg arzasyny kabul etmek hakyndaky meseläni kazy ýekelikde çözýär. Hak isleg arzasynyň kabul edilendigi hakynda kazy kesgitnama çykarýar.

 

76 madda. Hak isleg arzasyny kabul etmekden ýüz döndermek

 

1. Aşakdaky halatlarda kazy hak isleg arzasyny kabul etmekden ýüz dönderýär:

1) arza kazyýetde garalmaga degişli bolmasa;

2) kazyýetiň önümçiliginde hut şol bir taraplaryň arasyndaky, hut şol bir zat hakyndaky we hut şol bir esaslar boýunça iş bar bolsa ýa-da hak isleýjiniň hak isleginden el çekmegi ýa barlyşyk ylalaşygynyň tassyklanylmagy bilen baglanyşykly iş boýunça önümçiligi ýatyrmak hakynda çözgüt ýa-da kesgitnama bar bolsa.

2. Hak isleg arzasyny kabul etmekden ýüz döndermek hakynda kesgitnama çykarylýar, ol arza gowşan gününden başlap bäş günden gijä galynman işe gatnaşyjylara iberilýär.

3. Arzany kabul etmekden ýüz döndermek hakyndaky arz edijä iberilýän kesgitnamanyň ýanyna hak isleginiň maglumatlary we döwlet pajynyň gaýtarylyp berilmegi üçin delilhat goşulýar.

4. Hak isleg arzasyny kabul etmekden ýüz döndermek hakyndaky kesgitnama barada bellenilen tertipde şikaýat edilip we garşylyk bildirilip bilner. Şol kesgitnama ýatyrylan halatda hak isleg arzasy kazyýete ilkibaşda ýüz tutulan güni berlen diýlip hasap edilýär.

 

77 madda. Hak isleg arzasynyň yzyna gaýtarylmagy

 

1. Aşakdaky halatlarda kazy hak isleg arzasyny we oňa goşulan resminamalary garaman yzyna gaýtarýar:

1) hak isleg arzasyna gol çekmäge hukugy bolmadyk şahs ýa-da wezipe ýagdaýy görkezilmedik şahs tarapyndan gol çekilen bolsa;

2) hak isleg arzasynda taraplaryň atlary, olaryň poçta salgylary we bankdaky hökmany maglumatlary görkezilmedik bolsa;

3) döwlet pajynyň bellenilen tertipde we möçberde tölenilenliginiň subutnamalary görkezilmedik bolsa;

4) hak isleg talaplaryny birleşdirmegiň kadalary bozulan ýa-da jogap berijileriň birine ýa birnäçesine bildirilýän, öz aralarynda baglanyşygy bolmadyk birnäçe talap bir hak isleg arzasynda birleşdirilen bolsa;

5) hak isleg arzasynyň we oňa goşulan resminamalaryň nusgasynyň jogap berijä  iberilmeginiň subutnamalary berilmedik bolsa;

6) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatlarda özara gatnaşyklary kazyýete çenli düzgünleşdirmek boýunça çäreleriň görlendiginiň subutnamalary berilmedik bolsa;

7) bergi kadalaşdyryjy hukuk namasyna laýyklykda bankyň üsti bilen jogap berijiden alynmaly mahaly bergisini almak üçin bank edarasyna ýüz tutulandygynyň subutnamalary berilmedik bolsa;

8) iş boýunça önümçiligi gozgamak hakynda karar çykarylmanka hak isleýjiden hak isleg arzasynyň gaýtarylyp berilmegi hakynda arza gowşan halatda.

2. Kazy hak isleg arzasyny onuň gowşan gününden başlap bäş günden gijä goýman yzyna gaýtaryp berýär.

3. Hak isleg arzasynyň yzyna gaýtarylyp berilmegi muňa esas bolan kemçilikler aradan aýrylandan soň şol hak isleg arzasy bilen kazyýete umumy tertipde ikinji gezek ýüz tutulmagyna päsgel bermeýär.

 

78 madda. Hak isleg arzasy baradaky seslenme

 

1. Jogap beriji iş boýunça önümçiligiň gozgalmagy hakyndaky karary alandan soň bäş günden gijä galman kazyýete hak isleg arzasy baradaky seslenmäni hem-de hak islege garşy çykmagy tassyklaýan ähli resminamalary, hak isleýjä  we beýleki işe gatnaşyjylara bolsa seslenmäniň nusgasyny iberýär.

2. Seslenmä düzgünnamaly şahsyň ýolbaşçysy ýa-da onuň orunbasary, jismi şahs ýa bolmasa olaryň wekilleri gol çekýär.

3. Seslenmede şu aşakdakylar görkezilýär:

1) kazyýetiň ady;

2) hak isleýjiniň ady we işiň tertip sany;

3) ykrar edilen puluň möçberi we hasaplanylyşy, eger pul geçirilen bolsa - seslenmä  töleg tabşyrygy we bank edarasynyň ony ýerine ýetirmek üçin kabul edenliginiň subutnamalary goşulýar;

4) kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, şeýle hem hak isleg talabyndan boýun gaçyrylmagyny esaslandyrýan subutnamalara salgylanmak bilen, hak isleg talabyndan doly ýa-da bölekleýin boýun gaçyrylmagynyň delilleri;

5) seslenmä goşulýan resminamalary we beýleki subutnamalaryň (şol sanda seslenmäniň we oňa goşulan resminamalaryň nusgalarynyň hak isleýjä we beýleki işe gatnaşyjylara iberilendigi hakyndaky) sanawy.

4. Seslenmede beýleki maglumatlar, şeýle hem jogap berijide bolan haýyşnamalar hem görkezilip bilner.

 

79 madda. Garşylyklaýyn hak islegini bildirmek

 

1. Jogap beriji jedel boýunça çözgüt kabul edilmänkä ilkibaşdaky hak islegi bilen bilelikde onuň çözülmegi üçin hak isleýjä garşylyklaýyn hak islegini bildirmäge haklydyr.

2. Garşylyklaýyn hak islegi şu aşakdaky halatlarda kabul edilýär:

1) eger garşylyklaýyn hak islegi ilkibaşdaky talaby hasaba almaga gönükdirilen bolsa;

2) eger garşylyklaýyn hak isleginiň kanagatlandyrylmagy ilkibaşdaky hak isleginiň kanagatlandyrylmagy doly ýa-da bölekleýin aradan aýyrýan bolsa;

3) eger garşylyklaýyn we ilkibaşdaky hak islegleriniň arasynda özara baglanyşyk bar bolsa we olara bilelikde garamak jedeliň has çalt we dürs garalmagyna eltýän bolsa.

3. Garşylyklaýyn hak islegi hak isleglerini bildirmegiň umumy kadalaryna laýyklykda bildirilýär.

 

80 madda. Iş boýunça önümçiligiň dowam edýän wagtynda salgylaryň üýtgemegi

 

Işe gatnaşyjylar iş boýunça önümçiligiň dowam edýän wagtynda öz salgysynyň üýtgändigi hakynda kazyýete habar etmäge borçludyr. Şeýle habar bolmadyk halatda iş ýöredişe degişli resminamalar kazyýete mälim bolan soňky salgysyna iberilýär we habar özüne niýetlenen şahsyň şol salgyda eýýäm ýokdugyna garamazdan, eltilen diýlip hasap edilýär.

 

X BAP. IŞLERI KAZYÝET SELJERIŞINE TAÝÝARLAMAK

 

81 madda. Işi önümçilige kabul etmek, iş boýunça önümçiligi  gozgamak we kazyýet seljerişine taýýarlyk görmek

 

1. Kazyýet şu Kodeksde göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilip berlen hak isleg arzasyny öz önümçiligine kabul etmäge borçludyr. Kazy hak isleg arzasyny kabul edip, işiň önümçilige kabul edilendigi we kazyýet seljerişine taýýarlyk görmek hakyndaky karary bäş gün möhletde çykarýar we işe gatnaşýanlara iberýär, şol kararda hak isleg arzasynyň kabul edilendigi, işi mejlisde çözmäge taýýarlamak amala aşyrylmagy zerur bolan hereketler görkezilýär.

2. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamagy hak islegiň önümçilige kabul edilen we iş boýunça önümçilik gozgalan günden başlap iki hepde möhletde kazy ýekelikde amala aşyrýar. Aýratyn halatlarda işi kazyýet seljerişine taýýarlamagyň möhleti bir aýa çenli uzaldylyp bilner.

3. Taraplar - düzgünnamaly we jismi şahslar işi kazyýet seljerişine taýýarlamak üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary kazyýetiň talap etmegi boýunça işiň önümçilige kabul edilip, iş boýunça önümçiligiň gozgalmagy we kazyýet seljerişine taýýarlanmagy hakynda karar alnandan soň bäş günden gijä galman kazyýete iberýär.

4. Şu maddanyň üçünji böleginiň talaplaryny ýerine ýetirmezlikde günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler. Jogapkärçilige çekilmek kazyýetiň talaplaryny ýerine ýetirmek borjundan boşatmaýar.

 

82 madda. Kazynyň işi kazyýet seljerişine taýýarlamak boýunça hereketleri

 

1. Iş kazyýet seljerişine taýýarlanylýan mahaly kazy şu hereketleri amala aşyrýar:

1) hak isleýjiniň görkezmedik düzgünnamaly we jismi şahslaryny taraplar hökmünde işe gatnaşmaga çekmek hakyndaky meseläni çözýär;

2) belli bir hereketleri etmäge, şol sanda jedeli çözmek üçin ähmiýeti bolan resminamalary bermäge taraplary, beýleki düzgünnamaly we jismi şahslary borçly edýär;

3) seljermeleri bellemek hakyndaky meseläni çözýär;

4) işi kazyýet seljerişine taýýarlamak döwründe taraplaryň wekilleriniň kazyýete gelmeginiň zerurlygy hakyndaky meseläni çözýär;

5) işiň düýp manysy boýunça düşündirişleri bermek üçin wezipeli adamlary we beýleki şahslary çagyrmak hakyndaky meseläni çözýär;

6) beýleki kazyýetlere kazyýet tabşyryklaryny iberýär;

7) hak islegini üpjün etmek boýunça  çäreleri görýär;

2. Kazy jedeli dürs we wagtynda çözmäge gönükdirilen beýleki hereketleri hem amala aşyrýar.

 

XI BAP. HAK ISLEGI ÜPJÜN ETMEK

 

83 madda. Hak islegi üpjün etmegiň esasy

 

1. Kazyýet taraplaryň arzasy ýa-da öz teklibi boýunça hak islegini üpjün etmek üçin çäreleri görmäge haklydyr. Şeýle çäreleriň görülmezligi kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegini kynlaşdyryp ýa-da mümkin däl derejä getirip biljek bolsa, hak isleginiň üpjün edilmegine kazyýet iş ýöredişiň islendik döwründe ýol berilýär. Hak islegini üpjün etmek çäreleri kazyýetiň kazyýet namasy ýerine ýetirilýänçä  ýa-da şol çäreler ýatyrylýança hereket edýär.

2. Kazyýet hak islegini üpjün etmek baradaky arza ol gowşandan soň bäş günüň dowamynda taraplary çagyrmazdan garaýar. Arza garamagyň netijeleri boýunça kesgitnama çykarylýar.

 

84 madda. Hak islegini üpjün etmek boýunça çäreler

 

1. Şu aşakdakylar hak islegini üpjün etmek baradaky çäreler bolup biler:

1) jogap berijä degişli bolan emlägi ýa-da pul serişdelerini gozgamasyz etmek;

2) jogap berijä  amala aşyrmagy belli bir hereketleri gadagan etmek;

3) amala aşyrmagy beýleki sanlara jedeliň mazmunyna degişli hereketleri gadagan etmek;

4) hak isleýji tarapyndan jedeli edilýän ýerine ýetirijilik resminama boýunça  ýa-da jedelsiz (akseptsiz) tertipde töletdirme ulanylýan başga bir resminama boýunça  töletdirmäni togtatmak;

5) emlägi gozgamasyzlykdan boşatmak hakynda hak isleg bildirilen halatda şol emlägi ýerlemegi togtatmak.

2. Aýry-aýry halatlarda hak islegini üpjün etmek çäreleriniň birnäçesiniň görülmegine ýol berilýär.

3. Hak isleýji kazyýetiň hak islegini üpjün etmek hakyndaky kesgitnamasynyň ýerine ýetirilmezligi netijesinde ýetirilen ýitgileri günäkärlere töletdirmäge haklydyr.

4. Eger hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen bolsa, jogap beriji hak isleýjiniň arzasy boýunça hak isleginiň üpjün edilmeginiň netijesinde özüne ýetirilen ýitgileriň öweziniň dolunmagyny hak isleýjiden talap etmäge haklydyr.

 

85 madda. Hak islegini üpjün etmegiň bir görnüşini beýleki bir görnüşi bilen çalşyrmak

 

1. Hak islegini üpjün etmegiň bir görnüşiniň beýleki bir görnüşi bilen çalşyrylmagyna ýol berilýär.

2. Hak islegini üpjün etmegiň bir görnüşini beýleki bir görnüşi bilen çalşyrmak hakyndaky meseläni kazyýet çözýär.

 

86 madda. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky kesgitnamany ýerine ýetirmek

 

Hak islegini üpjün etmek hakyndaky kesgitnamany kazyýet namalaryny ýerine ýetirmek üçin bellenilen tertipde haýal etmän ýerine ýetirilýär.

 

87 madda.  Hak islegini üpjün etmegi ýatyrmak

 

1. Hak isleginiň üpjün edilmegini hak islegini üpjün etmek hakyndaky kesgitnamany çykaran kazyýet ýatyryp biler. Hak isleginiň üpjün edilmeginiň ýatyrylmagy hakynda ýa-da ýatyrylmagyndan ýüz döndermek hakynda kesgitnama çykarylýar.

2. Hak islegi kanagatlandyrylman galdyrylan halatynda hak islegini üpjün etmek baradaky çäreler ýatyrylýar. Hak isleginiň üpjün edilmegini ýatyrmak hakynda kazyýet çözgüt bilen birlikde ýa-da ol kabul edilenden soňra kesgitnama çykaryp biler.

 

88 madda. Hak islegini üpjün etmek baradaky kesgitnamanyň ýerine ýetirilmezligi we onuň ýerine ýetirilmegine päsgel berilmegi üçin jogapkärçilik

 

Hak islegini üpjün etmek baradaky kesgitnamanyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da onuň ýerine ýetirilmegine päsgel berlendigi üçin günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

XII BAP. KAZYÝET SELJERIŞI

 

89 madda. Işlere garamagyň möhletleri

 

1. Kazy işi ýeterlik derejede taýýarlanylan diýip ykrar edip, ony kazyýet mejlisinde seljerişe bellemek hakynda kesgitnama çykarýar.

2. Hak isleg arzasy kazyýete gowşan günden başlap iki aýdan köp bolmadyk möhletde işlere garalmalydyr.

3. Taraplaryň biri Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bolanda işlere üç aýdan köp bolmadyk möhletde garalýar.

4. Iňňän aýratyn halatlarda kazyýetiň başlygy işe garamagyň möhletini alty aýdan köp bolmadyk möhlete uzaltmaga haklydyr.

 

90 madda. Kazyýetiň mejlisi

 

1. Işe kazyýetiň mejlisinde taraplaryň wekilleriniň, şeýle hem beýleki işe gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda garalýar.

2. Kazyýet mejlisini alyp barmagyň tertibini mejlisde başlyklyk edýän kazy şu Kodeksiň kadalaryna laýyklykda kesgitleýär. Kazy kazyýetiň düzümini yglan edýär, prokuror, bilermen, terjimeçi hökmünde kimiň gatnaşýandygyny habar berýär, kazyýet iş ýöredişe gatnaşyjylara olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirýär, mejlise ýolbaşçylyk edýär, işiň ähli ýagdaýlarynyň anyklanylmagyny üpjün edýär, kazyýet mejlisinde degişli tertibi üpjün etmek üçin çäreleri görýär.

3. Mejlisde hak isleýjiniň we jogap berijiniň wekilleri, bilermen we kazyýet iş ýöredişe gatnaşýan beýleki adamlar diňlenilýär.

4. Kazy taraplaryň her birine jedele garamak üçin zerur bolan subutnamalary getirmäge deň mümkinçilikleri döredýär.

5. Kazy taraplaryň arasynda ylalaşygyň gazanylmagyna ýardam edýär.

6. Kazyýet mejlisiniň dowamynda tertip bozulan halatda kazyýet (kazy) Türkmenistanyň raýat iş ýörediş Kodeksiň 151-nji maddasynda göz öňünde tutulan çäreleri ulanýar.

 

91 madda. Subutnamalary barlamak we kazyýetiň düzüminiň üýtgewsizligi

 

1. Kazyýet işe garan mahaly iş boýunça subutnamalary barlaýar: işe gatnaşyjylaryň düşündirişlerini, bilermenleriň netijenamalaryny diňleýär, ýazmaça subutnamalar bilen tanyşýar, maddy subutnamalary gözden geçirýär we başga zerur bolan hereketleri amala aşyrýar.

2. Işe kazyýetiň üýtgewsiz düzüminde garalýär. Işe garamagyň barşynda kazylaryň biri çalşyrylan halatda kazyýet seljerişi ýaňadan başlanmalydyr.

 

92 madda. Arzalary we haýyşnamalary çözmek

 

1. Işe gatnaşyjylaryň arzalary we haýyşnamalary ýazmaça görnüşde berilýär we kazyýet olary iş ýöredişe beýleki gatnaşyjylaryň pikirleri diňlenilenden soň çözýär.

2. Arzalara we haýyşnamalara garamagyň netijeleri boýunça kazyýet kesgitnama çykarýar.

 

93 madda. Hak isleg arzasyna seslenme ýa-da goşmaça subutnamalar berilmedik mahaly, şeýle hem işe gatnaşyjylar gelmedik mahaly jedeli çözmek

 

1. Hak isleg arzasyna seslenme ýa-da goşmaça subutnamalar berilmedik mahaly iş bar bolan maglumatlar boýunça çözülüp bilner.

2. Işe gatnaşyjylar kazyýetiň mejlisine gaýtadan gelmedik mahaly, olaryň gelmezligiň kazyýetiň pikirine görä, jedeliň çözülmegine päsgel bermeýän bolsa, işe olaryň bolmazlygynda hem garalyp bilner.

 

94 madda. Işe garamagy gaýra goýmak

 

1. Iş bellenen mejlisde çözülip bilinmejek halatda, kazyýet işe garamagy gaýra goýmaga haklydyr.

2. Kazyýet işe garamagy gaýra goýmak hakynda kesgitnama çykarýar, onda geljekki mejlisiň geçiriljek wagty we ýeri görkezilýär.

3. Aýratyn çylşyrymly işler çözülen mahaly kazy mejlisde üç günden köp bolmadyk möhlete arakesme yglan edip, bu barada soňra çözgütde görkezmäge haklydyr.

 

95 madda. Işe garamagy tamamlamak

 

Ähli subutnamalar barlanandan soň we işe gatnaşyjylarda iş boýunça goşmaça arzalar, haýyşnamalar we maglumatlar bolmadyk mahaly kazyýet çözgüt kabul edýär.

 

XIII BAP. IŞ BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIGI TOGTATMAK

 

96 madda. Kazyýetiň iş boýunça önümçiligi togtatmak borjy

 

1. Kazyýet şu aşakdaky halatlarda iş boýunça önümçiligi togtatmaga borçludyr:

1) şol işe garamak onuň bilen baglanyşykly bolan başga işleriň çözülmeginden öň mümkin däl bolsa;

2) şol iş bilen baglanyşykly maglumatlara derňew edaralary garanda;

3) seljerme bellenilende;

4) jismi şahs aradan çykan halatynda, eger jedelli hukuk gatnaşyklary hukuk oruntutarlygyna ýol berýän bolsa;

5) jismi şahs kämillik ukybyny ýitirende.

2. Kazyýet iş boýunça önümçiligi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda hem togtadýar.

 

97 madda. Kazyýetiň iş boýunça önümçiligi togtatmak hukugy

 

Kazyýet şu aşakdaky halatlarda iş boýunça önümçiligi togtatmaga haklydyr:

1) düzgünnamaly şahs ýapylanda ýa-da üýtgedilip guralanda;

2) jismi şahs uzak wagtlap nähoşlanda we ol beýleki esasly sebäpler boýunça bolmasa;

3) kazyýet tarapyndan esasly hasap edilen beýleki sebäplere görä.

 

98 madda. Iş boýunça  önümçiligi dikeltmek

 

Işiň togtadylmagyna sebäp bolan ýagdaýlar aradan aýrylandan soň kazyýet iş boýunça  önümçiligi dikeldýär.

 

99 madda. Iş boýunça önümçiligi togtatmagyň we dikeltmegiň tertibi

 

Kazyýet iş boýunça önümçiligi togtatmak we ony dikeltmek hakynda kesgitnama çykarýar. Kazyýetiň iş boýunça önümçiligi togtatmak hakyndaky kesgitnamasy barada şikaýat edilip bilner.

 

XIV BAP. IŞ BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIGI ÝATYRMAK

 

100 madda. Iş boýunça önümçiligi ýatyrmagyň esaslary

 

Şu aşakdaky halatlarda kazyýet iş boýunça önümçiligi ýatyrýär:

1) eger iş kazyýetde çözülmäge degişli däl bolsa;

2) eger hut şol bir talaplaryň arasyndaky jedel boýunça, jedeliň hut şol bir mazmuny hakynda we hut şol esaslar boýunça kazyýetiň çözgüdi bar bolsa;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatlarda arza beriji özara gatnaşyklary kazyýete çenli düzgünleşdirmek üçin çäreleri görmedik bolsa we şeýle düzgünleşdirmek mümkinçiligi ýitirilen bolsa;

4) eger hak isleýji hak isleginden ýüz dönderen bolsa we kazyýet bu ýüz döndermegi kabul eden bolsa;

5) eger taraplar barlyşyk ylalaşygyny baglaşan bolsa we kazyýet ony tassyklan bolsa;

6) eger iş boýunça tarap bolan düzgünnamaly şahs hukuk oruntutary kesgitlenilmän ýapylan bolsa;

7) eger jismi şahs aradan çykandan soň jedelli hukuk gatnaşygy hukuk oruntutarlyga ýol bermeýän bolsa.

 

101 madda. Taraplaryň barlyşyk ylalaşygy

 

1. Taraplaryň barlyşyk ylalaşygyna kazyýet iş ýöredişiniň islendik döwründe islendik kazyýet basgançagynda ýol berilýär.

2. Taraplar barlyşyk ylalaşygynyň gazanylmagyny ýazmaça resmileşdirýärler.

Barlyşyk ylalaşygy kazyýet tarapyndan tassyklanylýar, bu barada kesgitnama çykarylýar, onda iş boýunça önümçiligiň ýatyrylandygy görkezilýär.

3. Taraplaryň barlyşyk ylalaşygy şikaýat ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetde tassyklanylan mahaly öň çykarylan kazyýet namalary ýatyrylýar we iş boýunça önümçilik bes edilýär.

4. Barlyşyk ylalaşygy çözgüdiň ýerine ýetirilýän döwründe tassyklanylan mahaly kazyýet çözgüdi ýerine ýetirmek boýunça önümçiligi ýatyrmak hakynda kesgitnama çykarýar.

5. Eger barlyşyk ylalaşygy kanuna ters gelýän ýa-da kimdir biriniň hukuklaryny we kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini bozýan bolsa, ol tassyklanylmaýar.

 

102 madda. Hak isleginden ýüz döndermek

 

1. Hak isleginden ýüz döndermäge kazyýet iş ýöredişiniň islendik döwründe islendik kazyýet basgançagynda ýol berilýär.

2. Hak isleginden ýüz döndermek ýazmaça resmileşdirilýär. Hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegi kabul edilen halatda kesgitnama çykarylýar we iş boýunça önümçilik ýatyrylýär.

3. Hak isleginden ýüz döndermek kabul edilen mahaly ikinji we gözegçilik basgançakly kazyýetler öň çykarylan kazyýet namalaryny ýatyrýar we iş boýunça önümçiligi bes edýär.

4. Eger hak isleginden ýüz döndermek kanuna ters gelýän ýa-da kimdir biriniň hukuklaryny ýa-da kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini bozýan bolsa, ol kabul edilmeýär.

 

103 madda. Iş boýunça önümçiligi ýatyrmagyň tertibi we netijeleri

 

1. Iş boýunça önümçiligi ýatyrmak  hakynda kesgitnama çykarylýar, onda kazyýet çykdajylaryny taraplaryň arasynda paýlamak, döwlet pajyny gaýtarmak hakyndaky meseleler çözülip bilner.

2. Iş boýunça önümçilik ýatyrylan halatda hut şol taraplaryň arasyndaky jedel boýunça, jedeliň hut şol mazmuny hakynda we hut şol esaslar boýunça kazyýete ýaňadan ýüz tutulmagyna ýol berilmeýär.

3. Iş boýunça önümçiligi ýatyrmak hakynda kesgitnama barada şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde şikaýat edilip bilner.

 

XV BAP. HAK ISLEGINI GARAMAN GALDYRMAK

 

104 madda. Hak islegini garaman galdyrmak

 

Şu aşakdaky halatlarda kazyýet hak islegini garaman galdyrýar:

1) eger hut şol taraplaryň arasyndaky jedel boýunça, jedeliň hut şol mazmuny hakynda we hut şol esaslar boýunça başga bir iş kazyýetiň önümçiliginde bar bolsa:

2) eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bergi bankyň üsti bilen alynmaly halatda arza beriji jogap berijiden algysyny almak üçin banka ýüz tutmadyk bolsa;

3) eger hak isleýji esasly sebäpler bolmazdan, kazyýet mejlisine gelmedik bolsa, jedeli çözmek üçin zerur bolan talap edilen maglumatlary bermedik bolsa;

4) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda hukuk namalarynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatlarda arza beriji jedeli kazyýete çenli düzgünleşdirmek üçin çäreleri görmedik we şeýle düzgünleşdirmegiň mumkinçiligi ýitirilmedik bolsa;

5) eger hak isleg arzasyna gol çekilmedik bolsa ýa-da oňa gol çekmäge hukugy ýok şahs, ýa wezipe ýagdaýy görkezilmedik şahs tarapyndan gol çekilen bolsa.

 

105 madda. Hak islegini garaman galdyrmagyň tertibi we getiren netijeleri

 

1. Hak islegini garaman galdyrmak hakynda kesgitnama çykarylýar, onda kazyýet çykdajylaryny taraplaryň arasynda paýlamak, döwlet pajynyň pul möçberini gaýtarmak hakyndaky meseleler çözülip bilner.

2. Hak islegini garaman galdyrmak hakynda kesgitnama barada şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde şikaýat edilip bilner.

3. Hak islegini garaman galdyrmak üçin esas bolan ýagdaýlar aradan aýrylandan soň hak isleýji kazyýete hak islegi bilen umumy tertipde täzeden ýüz tutmaga haklydyr.

 

XVI BAP. KAZYÝETIŇ ÇÖZGÜDI

 

106 madda. Çözgüdi kabul etmek

 

1. Jedel düýp manysy boýunça çözülen mahaly kazyýet çözgüt kabul edýär, ol ýazmaça beýan edilýär we oňa kazy gol çekýär.

2. Jedel kazyýet agzalary tarapyndan bilelikde çözülen mahaly çözgüt sesleriň köplügi bilen kabul edilýär we oňa mejlise gatnaşýan kazylaryň ählisi gol çekýär. Çözgüt bilen ylalaşmaýan kazy oňa gol çekmäge borçludyr, ýöne özüniň aýratyn pikirini ýazmaça görnüşde beýan etmäge haklydyr.

3. Çözgüt iş boýunça seljeriş tamamlanandan soň kabul edilýär. Iňňän aýratyn halatlarda aýratyn çylşyrymly işler boýunça çözgüdiň kabul edilmegi bäş günden köp bolmadyk möhlete goýlup bilner.

4. Kazyýetiň çözgüdi kanuny we esaslandyrylan bolmalydyr.

 

107 madda. Çözgüdi kabul edilen mahaly çözülýän meseleler

 

Kazyýet çözgüt kabul eden mahaly:

1) subutnamalara baha berýär;

2) iş üçin ähmiýeti bolan nähili ýagdaýlaryň anyklanylandygyny we nähili ýagdaýlaryň anyklanylmandygyny kesgitleýär;

3) şol iş boýunça ulanylmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kesgitleýär;

4) hak isleginiň kanagatlandyrylmaga degişlidigini çözýär.

 

108 madda. Çözgüdiň mazmuny

 

1. Kazyýet çözgüdi Türkmenistanyň adyndan kabul edýär.

2. Kazyýetiň çözgüdi giriş, teswirleýji, delillendiriji we karara gelinýän böleklerden ybarat bolup, şunda:

1) giriş böleginde: işiň ady, tertip sany, çözgüdiň kabul edilen senesi we ýeri, taraplaryň ady, hak isleginiň bahasy, kazyýetiň düzümi, prokuroryň, taraplaryň wekilleriniň we kazyýet iş ýöredişe beýleki gatnaşyjylaryň familiýalary we olaryň wezipeleri, jedeliň mazmuny görkezilýär;

2) teswirleýji bölek hak isleýjiniň talaplarynyň, hak isleg arzasyna seslenmäniň, taraplaryň we olaryň wekilleriniň, işe beýleki gatnaşyjylaryň arzalarynyň, düşündirişleriniň we haýyşnamalarynyň gysgaça beýanyny, kazyýetiň düzüminiň geçiren hereketleriniň (subutnamalary gözden geçirmeginiň we barlamagynyň hem-de maglumatlar bilen gös-göni olaryň ýerleşýän ýerinde tanyşmagynyň) teswirini öz içine almalydyr;

3) delillendiriji bölekde: işiň kazyýet tarapyndan anyklanylan ýagdaýlary; çözgüt kabul edilende esas bolan subutnamalar; taraplaryň haýyşnamalaryny ret edende we subutnamalaryny kabul etmekden ýüz dönderende kazyýetiň getiren delilleri; çozgüdi kabul eden mahaly kazyýetiň gollanan kadalaşdyryjy hukuk namalary görkezilýär;

4) karara gelinýän bölekde öňe sürlen hak islegleriň her biri boýunça olary kanagatlandyrmak baradaky ýa-da kanagatlandyrmakdan doly ýa bölekleýin ýüz döndermek barada gelnen netijeler bolmalydyr.

3. Hak islegi kanagatlandyrylan mahaly çözgüdiň karara gelinýän böleginde jedel öz peýdasyna çözülen tarapyň we pul serişdeleri töletdirilen ýa-da belli bir hereketleri etmäge borçlandyrylan tarapyň ady, şol hereketleri ýerine ýetirmegiň möhleti, çözgüdiň ýerine ýetirilmegi gaýra goýlanda ýa-da möhletlere bölünende pul serişdelerini tölemegiň möhletleri, şeýle hem kazyýet tarapyndan ykrar edilen we anyklanylan beýleki halatlar görkezilýär.

4. Çözgüdiň karara gelinýän böleginde kazyýet çykdajylarynyň taraplaryň arasynda paýlanylyşy hakynda, döwlet pajynyň Döwlet býujetinden gaýtarylmagy hakynda görkezilýär.

5. Işe birnäçe hak isleýji we jogap beriji gatnaşan mahaly çözgütde olaryň her biri babatda jedeliň nähili çözülendigi görkezilýär.

6. Ilkibaşdaky we garşylyklaýyn hak isleglere garalan mahaly çözgütde olaryň her birini çözmegiň netijeleri hem-de hasaplaşyk netijesinde töletdirmäge degişli puluň möçberi görkezilýär.

 

109 madda. Çözgüdi yglan etmek

 

Kazyýetiň çözgüdi jemagat öňünde aç-açan yglan edilýär. Kazy çözgüdiň diňe karara gelinýän bölegini yglan etmäge haklydyr. Taraplara çözgüt barada şikaýat etmegiň tertibi düşündirilýär.

 

 110 madda. Kazyýet çözgüdiniň güýje girmegi

 

Eger kazyýet çözgüdi barada şikaýat tertibinde şikaýat edilmedik ýa-da garşylyknama bildirilmedik bolsa, olar kabul edilenden soň on günüň geçmegi bilen kanuny güýje girýär.

 

111 madda. Kazyýet çözgüdiniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek

 

Kazyýet işe gatnaşyjylaryň arzasy boýunça şu Kodeksiň XI babyna laýyklykda çözgütleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada çäreleri görýär.

 

112 madda. Kazyýet çözgüdini ibermek

 

Kazyýet çözgüdi işe gatnaşyjylara kabul edilen gününden başlap bäş gün möhletde iberilýär ýa-da olara gol çekdirilip gowşurylýar.

 

113 madda. Goşmaça çözgüt

 

1. Şu aşakdaky halatlarda kazyýet işe gatnaşyjylaryň arzasy ýa-da öz başlangyjy boýunça goşmaça çözgüt kabul etmäge haklydyr:

1) eger hak isleg arzasynda beýan edilen haýsydyr bir talap boýunça çözgüt kabul edilmedik bolsa;

2) eger kazyýet çykdajylary hakyndaky mesele çözülmedik bolsa;

3) eger kazyýet hukuk hakyndaky meseläni çözüp, alyp berilmäge degişli edilen puluň möçberini, berilmäge degişli emlägi ýa bolmasa jogap berijiniň etmäge borçly bolan hereketini görkezmedik bolsa.

2. Goşmaça çözgüt kabul etmek hakyndaky mesele işe şikaýat tertibinde garamakdan öň orta atylyp bilner we kazyýet mejlisinde çözülýär.

3. Goşmaça çözgüdi kabul etmekden ýüz dönderilen halatda karar çykarylýar, ol barada şikaýat edilip bilner.

 

114 madda. Kazyýet çözgüdinde ýol berlen harp we hasap ýalňyşlyklary düzetmek hem-de kazyýet namalaryny düşündirmek

 

1. Kazyýetiň kazylyk çözgüdinde ýol berlen harp we hasap ýalňyşlyklaryny kazyýet çözgüdiniň düýp manysyna täsir ýetirmän, işe gatnaşyjylaryň arzasy boýunça ýa-da öz başlangyjy boýunça düzetmäge haky bardyr.

2. Kazyýet çözgüdi düşnükli bolmadyk halatda kazyýet işe gatnaşýan adamlaryň arzasy boýunça kazyýet çözgüdiniň mazmunyny üýtgetmän, ony düşündirmäge haklydyr.

3. Harp we hasap ýalňyşlyklarynyň düzedilmegi, şeýle hem kazyýet çözgüdiniň düşündirilmegi hakynda kesgitnama çykarylýar, ol barada şikaýat edilip bilner.

 

XVII BAP. KAZYÝETIŇ KESGITNAMASY

 

115 madda. Kesgitnama çykarmak we onuň mazmuny

 

1. Eger jedel düýp manysy boýunça çözülmeýän bolsa (işe garamagy gaýra goýmak, iş boýunça önümçiligi togtatmak, ýatyrmak, hak islegine garaman galdyrmak we şu Kodeksde göz önünde tutulan beýleki halatlar), kazyýet kesgitnama çykarýar.

2. Kazyýetiň kesgitnamasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) kazyýetiň ady, işiň tertip sany we kesgitnama çykarylan senesi, taraplaryň ady, hak isleginiň bahasy, hak isleýjiniň talaplary, kazyýetiň düzümi, taraplaryň wekilleriniň we kazyýet iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylaryň wezipelerini görkezmek bilen, olaryň familiýalary;

2) jedeliň düýp manysynyň gysgaça beýany ýa-da kesgitnama çykarylýan meseläniň mazmuny;

3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryna salgylanmak bilen, kesgitnamanyň çykarylmagynyň delilleri;

4) garalan masele boýunça çykarylan netije;

5) taraplaryň, beýleki şahslaryň we wekilleriň kazyýet tarapyndan bellenilen möhletlerde etmeli hereketleri.

 

116 madda. Hususy kesgitnama

 

1. Jedel çözülen mahaly kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulanlygy, düzgünnamaly ýa-da jismi şahsyň, döwlet edarasynyň ýa başga bir edaranyň, ýa-da wezipeli adamyň işindäki düýpli kemçilikler ýüze çykarylan halatda kazyýet hususy kesgitnama çykarýar.

2. Hususy kesgitnama degişli düzgünnamaly we jismi şahslara, döwlet edaralaryna hem-de beýleki edaralara, wezipeli adamlara iberilýär.

3. Hususy kesgitnama boýunça bir aý möhletden gijä galynman çäreler görülmelidir we netijeleri hakynda kazyýete habar edilmelidir.

4. Hususy kesgitnama barada şikaýat edilip bilner.

5. Şu maddanyň üçünji böleginiň talaplaryny ýerine ýetirmezlikde günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler. Jogapkärçilige çekilmek - hususy kesgitnamany ýerine ýetirmek we görlen çäreler barada kazyýete habar bermek borjundan boşatmaýar.

6. Jerimäniň salynmagy düzgünnamaly ýa-da jismi şahsy, döwlet edarasyny ýa-da beýleki edarany, şeýle hem wezipeli adamy hususy kesgitnamany ýerine ýetirmek we görlen çäreler hakynda kazyýete habar etmek borjundan boşatmaýar.

 

117 madda. Kesgitnamany ibermek

 

Kesgitnama çykarylandan soň ýedi gün möhletde taraplara we degişli bolan beýleki şahslara iberilýär ýa-da olaryň wekillerine gowşurylýar.

 

118 madda. Kesgitnama barada şikaýatnama we garşylyknama  bildirmek

 

Kazyýetiň kesgitnamasy barada şu ýagdaýlarda şikaýatnama we garşylyknama bildirilip bilner:

1) şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda;

2) kazyýetiň kesgitnamasy işiň mundan beýläk hereket etmek mümkinçiligine päsgel berýän halatlarynda.

 

XVIII BAP. IŞLERIŇ AÝRY-AÝRY TOPARLARY BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIGIŇ AÝRATYNLYKLARY

 

119 madda. Batmak hakyndaky işlere garamak

 

Batmak hakyndaky işlere kazyýet şu Kodekse laýyklykda we Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen aýratynlyklary nazara alyp garaýar.

 

120 madda. Hukuk ähmiýeti bolan ýagdaýlary takyklamak  baradaky işlere garamak

 

Hukuk ähmiýeti bolan ýagdaýlary takyklamak baradaky arzalar şu Kodeksiň 70 maddasyna laýyklykda resmileşdirilýär we olara kazyýet şu Kodeksde bellenilen tertipde garaýar.

 

XIX BAP. IKINJI BASGANÇAKDA ÖNÜMÇILIK

 

121 madda. Şikaýat tertibinde şikaýat etmäge we garşylyknama bildirmäge hukuk

 

 Işe gatnaşyjylar çözgüdi çykaran kazyýetiň üsti bilen kazyýet namasy kabul edilen gününden başlap, 10 günüň dowamynda ikinji basgançakly kazyýete şikaýat tertibinde şikaýat (mundan beýläk - şikaýatnama) bilen ýa-da garşylyknama bilen ýüz tutmaga haklydyr.

 

122 madda. Şikaýatnamanyň (garşylyknamanyň) mazmuny

 

1. Şikaýatnamada (garşylyknamada) şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) ikinji basgançagyndaky kazyýetiň ady;

2) şikaýatnamany (garşylyknamany) berýän şahsyň we işe gatnaşyjylaryň atlary (familiýasy, ady, atasynyň ady);

3) işiň tertip sany we kazyýet namasynyň kabul edilen senesi, jedeliň mazmuny;

4) şikaýatnama (garşylyknama) beren şahsyň talaplary hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we işiň maglumatlaryna salgylanmak bilen, arza berijiniň kazyýet namasyny nädogry diýip hasaplaýan esaslary;

5) şikaýatnama (garşylyknama) gosulýan resminamalaryň sanawy.

2. Şikaýatnama ony beren şahs ýa-da onuň wekili, garşylyknama bolsa degişli prokuror gol çekýär.

3. Eger ynanç haty ol şu iş boýunça ozal berilmedik bolsa, wekil tarapyndan gol çekilen şikaýatnama onuň kazyýet namalary barada şikaýat etmek üçin ygtyýarlyklaryny tassyklaýan şeýle ynanç haty goşular.

4. Şikaýatnama döwlet paçlarynyň tölenilendiginiň we şikaýatnamanyň nusgasynyň işe beýleki gatnaşyjylara iberilendiginiň subutnamasy goşulýar. Şikaýatnamany (garşylyknamany) berýän şahs işe beýleki gatnaşyjylara şikaýatnamanyň (garşylyknamanyň) we oňa goşulan, şol şahslarda bolmadyk resminamalaryň nusgalaryny iberýär.

 

123 madda. Şikaýatnama (garşylyknama) seslenme

 

1. Işe gatnaşýan şahs şikaýatnamanyň (garşylyknamanyň) nusgasyny alandan soň, oňa seslenmäni we seslenmäniň nusgasynyň işe beýleki gatnaşyjylara iberilendiginiň subutnamasyny, birinji ýa-da ikinji basgançakly kazyýete şikaýatnama (garşylyknama) garaljak güne çenli seslenmäniň gowuşmagyny üpjün edýän möhletde iberilmäge haklydyr.

2. Seslenmä düzgünnamaly şahsyň ýolbaşçysy, hususy telekeçi ýa-da onuň wekilleri gol çekýär. Wekil tarapyndan gol çekilen seslenmä onuň işi alyp barmak üçin ygtyýarlygyny tassyklaýan ynanç haty goşulýar.

3. Seslenmä öň berilmedik resminamalar goşulyp bilner. Şu halatda işe beýleki gatnaşyjylarda bolmadyk resminamalaryň nusgalarynyň şolara iberilendiginiň subutnamasy seslenmä goşulýar.

 

124 madda. Şikaýatnamanyň (garşylyknamanyň) gaýtarylyp berilmegi

 

1. Şu halatlarda şikaýatnama (garşylyknama) yzyna gaýtarylýär:

1) eger şikaýatnama (garşylyknama) gol çekilmedik ýa-da oňa gol çekmäge hukugy ýok şahs ýa wezipe ýagdaýy görkezilmedik şahs tarapyndan gol çekilen bolsa;

2) eger şikaýatnama (garşylyknama) onuň nusgalarynyň işe gatnaşyjylara iberilendiginiň subutnamalary goşulmadyk bolsa;

3) eger şikaýatnama döwlet pajynyň bellenilen tertipde we möçberde tölenilendigini tassyklaýan resminamalar goşulmadyk bolsa, kanun arkaly döwlet pajyny tölemegi gaýra goýmak, tölegi möhletlere bölmek ýa-da onuň möçberini azaltmak göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, bu baradaky haýyşnama bildirilmedik bolsa ýa-da haýyşnama ret edilen bolsa;

4) eger şikaýatnama (garşylyknama) bellenilen möhlet geçenden soň berlen bolsa we geçirilen möhleti dikeltmek hakynda haýyşnama bildirilmedik bolsa;

5) eger şikaýatnamany (garşylyknamany) önümçilige kabul etmek hakyndaky kesgitnama işe gatnaşyjylara iberilýänçä  şikaýatnamany (garşylyknamany) beren şahsdan onuň yzyna gaýtarylyp berilmegi ýa-da garşylyknamanyň yzyna alynmagy hakynda arza gelip gowşan bolsa.

2. Şikaýatnamanyň (garşylyknamanyň) yzyna gaýtarylyp berilmegi hakynda kesgitnama çykarylýar. Şikaýatnamanyň (garşylyknamanyň) yzyna gaýtarylyp berilmegi hakyndaky kesgitnama barada şu Kodeksde bellenilen tertipde garşylyknama bildirilip bilner.

3. Şu maddanyň birinji böleginiň birinji, ikinji we üçünji bentlerinde görkezilen ýagdaýlar düzedilenden soň işe gatnaşýan we şikaýatnama (garşylyknama) beren şahsyň şikaýatnama (garşylyknama) bilen kazyýete umumy tertipde ýaňadan ýüz tutmaga haky bardyr.

 

125 madda. Şikaýatnamany (garşylyknamany) kabul etmegiň tertibi

 

Birinji basgançakly kazyýet şikaýatnamany (garşylyknamany) alyp bäş gün möhletde şikaýatnamany (garşylyknamany) iş bilen bilelikde degişli basgançakdaky kazyýete iberýär, şunda taraplara şikaýatnama (garşylyknama) garamagyň wagty we ýeri hakynda habar berýär.

 

126 madda. Ikinji basgançakly kazyýetde işe garamagyň tertibi we möhletleri

 

1. Ikinji basgançakly kazyýetde işe üç kazydan ybarat düzümde bilelikde garaýar. Ikinji basgançakdaky kazyýetde işe şu Kodeksde göz öňünde tutulan kadalar boýunça garalýar. Şunda diňe birinji basgançakda garamak üçin bellenilen kadalar ulanylmaýar.

2. Birinji basgançakda işe garan kazyýetiň kazyýet namasyna getirilen şikaýatnama (garşylyknama) onuň ikinji basgançakly kazyýete gelip gowşan gününden başlap bir aý möhletde garalýar.

 

127 madda. Şikaýatnamadan (garşylyknamadan) ýüz döndermek

 

1. Şikaýatnamany (garşylyknamany) beren şahsyň şikaýat basgançakly kazyýeti çözgüt çykarmazyndan öň ondan ýüz döndermäge haky bardyr.

2. Ikinji basgançakly kazyýetiň şu Kodeksiň 37 maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça şikaýatnamadan (garşylyknamadan) ýüz döndermegi kabul etmezlige hem-de işe şikaýat tertibinde garamaga haky bardyr.

3. Şikaýatnamadan (garşylyknamadan) ýüz döndermek kabul edilen mahaly ikinji basgançakly kazyýet, eger çözgüt barada işe beýleki gatnaşyjylar tarapyndan şikaýat edilmedik bolsa, önümçiligi ikinji basgançakda ýatyrýar.

4. Ikinji basgançakly kazyýet önümçiligiň ýatyrylmagy hakynda kesgitnama çykarýar.

 

128 madda. Ikinji basgançakly kazyýetiň ygtyýarlyklary

 

1. Ikinji basgançakly kazyýet şikaýatnamanyň (garşylyknamanyň) delilleri bilen bagly däldir we ol işe garan mahaly işde bar bolan hem-de goşmaça berlen subutnamalar boýunça birinji basgançakda garan kazyýetiň kazyýet namasynyň kanunylygyny hem-de esaslandyrylandygyny barlaýar.

2. Ikinji basgançakly kazyýet birinji basgançakdaky kazyýetde garalmak barada meselesi goýulmadyk täze talaplary kabul etmeýär we olara garamaýar.

3. Ikinji basgançakly kazyýetiň işe garap, şu aşakdaky hereketleri amala aşyrmaga haky bardyr:

1) kazyýet namasyny üýtgetmän, şikaýatnamany (garşylyknamany) bolsa kanagatlandyrman galdyrmaga;

2) kazyýet namasyny dolulygyna ýa-da bölekleýin ýatyrmaga we täze çözgüdi kabul etmäge;

3) kazyýet namasyny üýtgetmäge;

4) kazyýet namasyny dolulygyna ýa-da bölekleýin ýatyrmaga we iş boýunça önümçiligi bes etmäge ýa-da hak islegi dolulygyna ýa bölekleýin garaman galdyrmaga.

4. Ikinji basgançakly kazyýetiň işiň beýleki maglumatlary bilen jemlenip alnanda goşmaça berlen subutnamalara baha bermäge hem-de kazyýet namasy ýatyrylan halatda işi täzeden garamaga ibermezden, täze kazyýet namasyny kabul etmäge haky bardyr.

 

129 madda. Kazyýet namasyny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak üçin esaslar

 

1. Birinji basgançakdaky kazyýetiň kazyýet namasyny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak üçin şu aşakdaky halatlar esas bolup durýar:

1) iş üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ýeterlik derejede anyklanylmazlygy;

2) birinji basgançakdaky kazyýetiň anyklanan diýip hasap edýän iş üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlarynyň subut edilmändigi;

3) kazyýet namasynda beýan edilen netijeleriň işiň  hakyky ýagdaýlaryna laýyk gelmezligi;

4) maddy hukuk kadalarynyň ýa-da iş ýörediş hukuk kadalarynyň bozulmagy ýa nädogry ulanylmagy.

2. Iş ýörediş hukuk kadalarynyň bozulmagy ýa-da nädogry ulanylmagy, eger bu bozulma nädogry kazyýet namasynyň kabul edilmegine getiren bolsa ýa getirip biljek bolsa, kazyýet namasyny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak üçin esas bolup durýar.

 

130 madda. Ikinji basgançakly kazyýetiň karary ýa-da kesgitnamasy

 

1. Şikaýatnama (garşylyknama) garamagyň netijeleri boýunça karar ýa-da kesgitnama kabul edilýär, oňa ähli kazylar gol çekýärler.

2. Ikinji basgançakly kazyýetiň kararynda ýa-da kesgitnamasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) işiň tertip sany we kararyň ýa-da kesgitnamanyň kabul edilen senesi, ikinji basgançakly kazyýetiň düzümi, kazyýet mejlisine gatnaşan şahslaryň ygtyýarlyklaryny görkezmek bilen, olaryň familiýasy, birinji basgançakda garaýan kazyýet namasynyň kabul edilen senesi hem-de ony kabul eden kazylaryň familiýasy;

2) işe gatnaşan, şikaýatnamany (garşylyknamany) beren şahsyň ady we işe beýleki gatnaşyjylaryň ady;

3) kabul edilen kazyýet namasynyň düýp manysynyň gysgaça beýany;

4) kazyýet namasynyň kanunylygyny we esaslandyrylandygyny barlamak hakyndaky meseläniň goýulmagy üçin esaslar;

5) şikaýatnama (garşylyknama) seslenmelerde beýan edilen deliller;

6) kazyýet mejlisine gatnaşýanlaryň düşündirişleri;

7) ikinji basgançakly kazyýet tarapyndan işiň takyklanan ýagdaýlary, bu ýagdaýlar barada ikinji basgançakly kazyýetiň çykaran netijelerini esaslandyrýan subutnamalar we ikinji basgançakly kazyýetiň ol ýa-da beýleki subutnamalary ret edýän hem-de işe gatnaşýan şahslaryň salgylanýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ulanmaýan delilleri, şeýle hem degişli çözgütleri kabul eden mahaly ikinji basgançakly kazyýetiň gollanan kadalaşdyryjy hukuk namalary;

8) birinji basgançakdaky kazyýet namalary ýatyrylan ýa-da üýtgedilen mahaly ikinji basgançakly kazyýetiň birinji basgançakdaky kazyýetiň çykaran netijeleri bilen ylalaşmanlygynyň delilleri;

9) şikaýatnama (garşylyknama) garamagyň netijeleri boýunça çykarylan netijeler.

3. Kararda ýa-da kesgitnamada taraplaryň arasynda kazyýet çykdajylarynyň paýlanylyşy görkezilýär.

4. Karar ýa-da kesgitnama kabul edilen pursatyndan başlap kanuny güýje girýär.

5. Karar ýa-da kesgitnama kabul edilen gününden başlap bäş gün möhletde işe gatnaşyjylara iberilýär ýa-da olara gol çekdirilip gowşurylýar.

6. Karar ýa-da kesgitnama barada gözegçilik tertibinde garşylyknama getirilip bilner. Karara ýa-da kesgitnama garşylyknama getirilmegi onuň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.

 

XX BAP. GÖZEGÇILIK BASGANÇAGYNDAKY ÖNÜMÇILIK

 

131 madda. Işlere kazyýet gözegçiligi tertibinde garamak

 

Birinji basgançakly kazyýetiň kanuny güýje giren kazyýet namalaryna şu Kodeksiň 132 maddasynda görkezilen wezipeli adamlaryň garşylyknamalary boýunça degişlilikde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Arbitraž işler boýunça kazyýet bileleşmesi, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kollegiýasy hem-de Giňişleýin mejlisi tarapyndan ýaňadan garalyp bilner.

 

132 madda. Gözegçilik tertibinde garşylyknama getirmäge hukugy bolan adamlar

 

1. Welaýat hem-de Aşgabat şäher kazyýetleriniň, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işler boýunça kazyýet kollegiýasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň hem-de Giňişleýin mejlisinyň kazyýet namalaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň we Türkmenistanyň Baş prokurorynyň garşylyknama getirmäge haky bardyr.

2. Welaýat hem-de Aşgabat şäher kazyýetleriniň, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işler boýunça kazyýet kollegiýasynyň kazyýet namalaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarlarynyň garşylyknama getirmäge haky bardyr.

 

133 madda. Kazyýet namalaryny ýerine ýetirmegi togtatmak

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň we onuň orunbasarlarynyň gözegçilik tertibinde işe garalýança kazyýet namasyny ýerine ýetirmegi togtatmaga haky bardyr.

 

134 madda. Işleri talap edip almak

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy ýa-da onuň orunbasarlary gözegçilik tertibinde garşylyknama getirmek üçin esaslaryň bardygy hakyndaky meseläni çözmek üçin kazyýetden işi talap edip alýarlar.

2. Türkmenistanyň Baş prokurory ýa-da onuň orunbasarlary kanunda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýetlerden işleri talap edip alyp bilerler.

 

135 madda. Garşylyknama getirmek

 

1. Garşylyknama getirmek üçin esas bar mahaly Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy ýa-da onuň orunbasarlary garşylyknama getirýärler hem-de ony iş bilen bilelikde degişli kazyýet basgançagynyň garamagyna berýärler.

2. Işe gatnaşyjylaryň şu Kodeksiň 122 maddasynyň kadalaryny berjaý edip, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen wezipeli adamlara gözegçilik tertibinde garşylyknama getirmek hakyndaky arza bilen ýüz tutmaga haklary bardyr.

3. Gözegçilik tertibinde garşylyknama getirmek hakyndaky arza boýunça döwlet pajy tölenilmeýär.

4. Gözegçilik tertibinde garşylyknama getirmek hakyndaky arza iki aý möhletde garalmalydyr. Gözegçilik tertibinde garşylyknama getirmekden ýüz dönderilen halatynda arza berijä delillendirilen jogap berilýär.

 

136 madda. Işe gatnaşyjylary habardar etmek we olara garşylyknamalaryň nusgalaryny ibermek

 

Garşylyknamanyň nusgasy işe gatnaşyjylara iberilýär. Zerur ýüze çykan halatlarda işe gatnaşyjylara işiň garaljak wagty we ýeri hakynda habar berilýär.

 

137 madda. Garşylyknamany yzyna almak

 

Gözegçilik tertibinde garşylyknama getiren wezipeli adamyň işe garalmaga başlanýança garşylyknamasyny yzyna almaga haky bardyr. Garşylyknamanyň yzyna alynmagy barada işe gatnaşyjylara habar berilýär. Işe garalýan döwürde garşylyknama yzyna alnyp ýa-da üýtgedilip bilinmez.

 

138 madda. Işlere gözegçilik tertibinde garamagyň tertibi we  möhletleri

 

1. Işe gözegçilik tertibinde şu Kodeksde göz öňünde tutulan kadalar boýunça garalýar. Şunda işe diňe birinji basgançakly kazyýet üçin bellenilen kadalar ulanylmaýar.

2. Gözegçilik basgançakly kazyýet garşylyknamanyň delilleri bilen bagly däldir we iş boýunça kabul edilen kazyýet namalarynyň kanunylygyny hem-de esaslandyrylandygyny doly möçberde barlaýar.

3. Gözegçilik basgançakly kazyýetde işe onuň garşylyknama bilen gelip gowşan gününden başlap bir aý möhletde garalýar.

4. Gözegçilik basgançakly kazyýetiň mejlisinde  işe ýaňadan garalan mahaly oňa prokuror gatnaşýar.

5. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işler boýunça kazyýet kollegiýasy işe gözegçilik tertibinde üç kazydan ybarat düzümde garaýar.

6. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy onuň düzüminiň ýarysyndan köpüsi bolan mahaly işe gözegçilik tertibinde garaýar.

7. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy işe garan mahaly işiň ýagdaýlary we garşylyknamanyň delilleri barada Prezidiumyň agzasynyň habaryny diňleýär.

 

139 madda. Gözegçilik basgançakly kazyýetiň ygtyýarlyklary

 

1. Gözegçilik basgançakly kazyýet işe garap, şu aşakdaky hereketleri etmäge haky bardyr:

1) kazyýet namasyny üýtgetmän, garşylyknamany bolsa kanagatdyrman galdyrmaga;

2) kazyýet namasyny doly ýa-da bölekleýin üýtgetmäge ýa-da ýatyrmaga we täze kazyýet namasyny kabul etmäge;

3) kazyýet namasyny üýtgetmäge ýa-da ýatyrmaga we işi birinji gezek garaýan ýa-da ikinji basgançakly kazyýete täzeden garamak üçin ibermäge;

4) kazyýet namasyny doly ýa-da bölekleýin ýatyrmaga we iş boýunça önümçiligi bes etmäge ýa bolmasa hak islegini doly ýa-da bölekleýin garaman galdyrmaga;

5) iş boýunça öň kabul edilen kazyýet namalarynyň birini güýjünde galdyrmaga.

2. Gözegçilik basgançakly kazyýetiň kabul eden kazyýet namasy onuň çykarylan gününden başlap bäş gün möhletde işe gatnaşyjylara iberilýär ýa-da olara gol çekdirilip gowşurylýar.

 

140 madda. Kazyýet namasyny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak üçin esaslar

 

1. Kazyýet namasynyň bikanunlygy ýa-da esaslandyrylmanlygy gözegçilik tertibinde kazyýet namasyny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak üçin esas bolup durýar.

2. Düýp manysy boýunça dürs bolan kazyýet namalary diňe ýüzleý esaslar boýunça ýatyrylyp bilinmez.

 

141 madda. Gözegçilik basgançakly kazyýet tarapyndan kazyýet namasyny kabul etmegiň tertibi

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işler boýunça kazyýet kollegiýasy gözegçilik tertibinde işlere garamagyň netijeleri boýunça kesgitnama kabul edýär, oňa bolsa bileleşmäniň mejlisine gatnaşan kazylar gol çekýärler.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işler boýunça kazyýet kollegiýasynyň kesgitnamasy kabul edilen pursatyndan başlap güýje girýär.

3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işler boýunça kazyýet kollegiýasynyň kesgitnamasyny ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynda işe garalýança Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy ýa-da onuň orunbasarlary tarapyndan togtadylyp bilner.

4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy karar kabul edýär. Eger Prezidiumyň mejlisine gatnaşýan agzalarynyň umumy sanynyň köpüsi kararyň tarapyna ses berse, ol kabul edilen hasap edilýär. Başlyklyk ediji iň soňky bolup ses berýär.

5. Karara mejlisde başlyklyk ediji gol çekýär. Prezidiumyň karary kabul edilen pursatyndan başlap güýje girýär. Prezidiumyň kararyny ýerine ýetirmek işe Giňişleýin mejlisde garalýança Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan togtadylyp bilner.

 

142 madda. Gözegçilik basgançakly kazyýetiň görkezmeleriniň hökmanylygy

 

1. Gözegçilik basgançakly kazyýetiň görkezmeleri şol işe täzeden garaýan degişli kazyýet basgançagy üçin hökmanydyr.

2. Gözegçilik tertibinde işe garaýan gözegçilik basgançakly kazyýetiň ozal şol işe garan kazyýet tarapyndan anyklanylmadyk ýa-da özi tarapyndan ynamzyslyk ýagdaýlary anyklamaga ýa subut edilen hasap etmäge, ol ýa-da beýleki subutnamanyň ähtibarlylygy ýa-da ähtibarly däldigi hakyndaky, bir subutnamanyň beýlekilerden artykmaçlygy hakyndaky, şeýle hem işe täzeden garalan mahaly maddy hukugyň haýsy kadasynyň ulanylmalydygy we haýsy kazyýet namasynyň kabul edilmelidigi hakyndaky meseläni öňünden çözmäge haky ýokdur.

 

143 madda. Gözegçilik basgançakly kazyýetiň kazyýet namasynyň mazmuny

 

1. Gözegçilik basgançakly kazyýetiň kazyýet namasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) işiň tertip sany we kazyýet namasynyň kabul edilen senesi, kazyýetiň düzümi;

2) işe gatnaşyjylaryň ady;

3) işiň tertip sany, ýaňadan garalýan kazyýet namasynyň kabul edilen senesi, ony kabul eden kazylaryň familiýalary;

4) kabul edilen kazyýet namalarynyň düýp manysynyň gysgaça beýany;

5) kazyýet namasyna ýaňadan garamak hakyndaky garşylyknama getirmek üçin esaslar;

6) garşylyknama baradaky seslenmede beýan edilen deliller;

7) kazyýet iş ýörediş gatnaşyjylaryň düşündirişleri;

8) işe gatnaşyjylaryň salgylanan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny gözegçilik basgançakly kazyýetiň ulanmanlygynyň delilleri, şeýle hem gözegçilik basgançakly kazyýetiň gollanan kadalaşdyryjy hukuk namalary;

9) kazyýet  namasy ýatyrylan ýa-da üýtgedilen mahaly gözegçilik basgançakly kazyýetiň birinji ýa-da ikinji basgançakly kazyýetiň netijeleri bilen ylalaşmandygynyň delilleri;

10) kazyýet namasyna ýaňadan garamak hakyndaky garşylyknama garamagyň netijeleri boýunça çykarylan netijeler;

11) eger iş täzeden garamak üçin iberilýän bolsa, işe gatnaşyjylaryň we degişli kazyýet basgançaklarynyň ýerine ýetirmeli hereketleri.

2. Gözegçilik basgançakly kazyýetiň kazyýet namasynda kazyýet çykdajylarynyň taraplaryň arasynda paýlanylyşy görkezilýär.

3. Gözegçilik basgançakly kazyýetiň kazyýet namasy kabul edilen gününden başlap bir hepde möhletde işe gatnaşyjylara iberilýär ýa-da olara gol çekdirilip gowşurylýar.

 

144 madda. Kazyýet namalaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň gözegçilik tertibinde ýaňadan garamagy

 

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň Arbitraž işler boýunça kabul eden kararyna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň ýa-da Türkmenistanyň Baş prokurorynyň getiren garşylyknamasy bouýnça gözegçilik tertibinde ýaňadan garap biler.

 

145 madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisine garşylyknama getirmek hakynda arza

 

1. Işe gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň kararyna garşylyknama getirmek hakyndaky arza bilen Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyna ýa-da Türkmenistanyň Baş prokuroryna ýüz tutmaga haky bardyr.

2. Arza bir aý möhletde garalmalydyr. Garşylyknama getirmekden ýüz dönderilen halatda arza berijä delillendirilen jogap berilmelidir.

 

146 madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisine garşylyknama getirmek

 

1. Esaslar bar mahaly Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy ýa-da Türkmenistanyň Baş prokurory garşylyknama getirýärler we ony Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň garamagyna berýärler.

2. Garşylyknamanyň nusgalary işe gatnaşyjylara iberilýär.

3. Garşylyknamany getiren Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy ýa-da Türkmenistanyň Baş prokurory ony işe Giňişleýin mejlisde garamak başlanmanka yzyna alyp biler. Garşylyknamanyň yzyna alynmagy hakynda işe gatnaşýan adamlara ýazmaça habar edilýär.

4. Garşylyknama Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisinde garalýança Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy şol iş boýunça kazyýet namalarynyň ýerine ýetirilmegini togtatmaga haklydyr.

 

147 madda. Garşylyknama Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisinde garamagyň tertibi

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi onuň düzüminiň azyndan üçden iki bölegi gatnaşan mahaly doly ygtyýarlydyr.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisine garşylyknama garalan mahaly işiň ýagdaýlary we garşylyknamanyň delilleri hakynda Giňişleýin mejlisiň agzasynyň habaryny diňleýär.

3. Işe gatnaşyjylar Giňişleýin mejlisine düşündirişleri bermek üçin çagyrylyp bilner. Şeýle halatda olara Giňişleýin mejlisiniň geçirilýän wagty we ýeri hakynda habarnamalar iberilýär. Olaryň gelmezligi işe garamaga päsgel bermeýär. Giňişleýin mejlis garşylyknamanyň delillerine bagly däldir hem-de kazyýet namalarynyň kanunylygyny we esaslandyrylandygyny doly möçberde barlaýar.

 

148 madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň ygtyýarlyklary

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi garşylyknama gözegçilik tertibinde garap, şu aşakdakylara haklydyr:

1) kazyýet namalaryny üýtgetmän galdyrmaga;

2) kazyýet namalaryny doly ýa-da bölekleýin ýatyrmaga we işi täzeden garamak üçin ibermäge;

3) kazyýet namalaryny üýtgetmäge ýa-da ýatyrmaga we işi täzeden garamak üçin ibermän, täze çözgüdi kabul etmäge;

4) kazyýet namalaryny doly ýa-da bölekleýin ýatyrmaga we iş boýunça önümçiligi bes etmäge ýa bolmasa hak islegini doly ýa bölekleýin garaman galdyrmaga;

5) iş boýunça öň kabul edilen kazyýet namalarynyň birini güýjünde galdyrmaga.

2. Giňişleýin mejlis işe gözegçilik tertibinde garamagyň netijeleri boýunça karar çykarýar, onuň nusgasy bolsa işe gatnaşyjylara iberilýär.

 

149 madda. Kazyýet namasyny Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň üýtgetmegi ýa-da ýatyrmagy üçin esaslar

 

1. Kazyýet namasynyň bikanunlygy ýa-da esaslandyrylmanlygy kazyýet namasyny gözegçilik tertibinde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň üýtgetmegi ýa-da ýatyrmagy üçin esas bolup biler.

2. Düýp manysy dürs bolan kazyýet namalaryny diňe ýüzleý esaslara görä ýatyrylyp bilinmez.

 

150 madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kararyny kabul etmegiň tertibi

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi karar kabul edýär. Giňişleýin mejlisine gatnaşýan agzalarynyň umumy sanynyň köplügi goldap ses berse, karar kabul edilen diýlip hasap edilýär.

2. Giňişleýin mejlisiň kararyna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy we Giňişleýin mejlisiň kätibi gol çekýär.

3. Giňişleýin mejlisiň karary kabul edilen pursatyndan başlap güýje girýär.

 

151 madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň görkezmeleriniň hökmanylygy

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kazyýet namalaryny ýatyrmak hakyndaky kararynda beýan edilen görkezmeleri şol işe ýaňadan garaýan kazyýet üçin hökmanydyr.

2. Giňişleýin mejlisiň kazyýet namasynda anyklanylmadyk ýa-da özi tarapyndan ynamsyzlyk ýagdaýlary anyklamaga ýa bolmasa subut edilen diýip hasap etmäge, ol ýa beýleki subutnamanyň ähtibarlylygy ýa-da ähtibarly däldigi hakyndaky, subutnamalaryň biriniň beýlekilere garanyňda artykmaçlygy hakyndaky, şeýle hem maddy hukugyň haýsy bir kadasynyň ulanylmalydygy we işe täzeden garalan mahaly haýsy kazyýet namasynyň kabul edilmelidigi hakyndaky meseläni öňünden çözmäge haky ýokdur.

 

152 madda. Kazyýetiň kesgitnamalaryna gözegçilik tertibinde ýaňadan garamak

 

1. Kazyýetiň kesgitnamasyna çözgütden aýratynlykda gözegçilik tertibinde şu Kodeksde olar barada şikaýat etmek ýa-da garşylyknama bermek göz öňünde tutulan halatlarda, şeýle hem olar işiň soňraky ilerlemesini bökdeýän mahaly ýaňadan garalyp bilner.

2. Kazyýetiň kesgitnamalaryna getirilen garşylyknamalara kazyýetiň çözgütlerine getirilen garşylyknamalara garamak üçin göz öňünde tutulan tertipde garalýar.

 

XXI BAP. KAZYÝET NAMALARYNA TÄZE ÝÜZE ÇYKAN ÝAGDAÝLAR BOÝUNÇA ÝAŇADAN GARAMAK

 

153 madda. Ýaňadan garamak üçin esaslar

 

Kazyýet namasyna täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça ýaňadan garamak üçin esaslar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) işiň manysyna täsir edýän, arza berijä öň mälim bolmadyk we mälim bolup bilmejek ýagdaýlardan;

2) kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanylan, bikanun ýa-da esaslandyrylmadyk kazyýet namasynyň kabul edilmegine elten bilermeniň bilkastdan galp netijenamasy, bilkastdan edilen nädogry terjime, resminamalaryň ýa-da maddy subutnamalaryň galplaşdyrylmagyndan;

3) kazyýet kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanylan, şol işe garalan mahaly kazyýet iş ýöredişe gatnaşyjylaryň ýa-da olaryň wekilleriniň jenaýatçylykly hereketlerinden ýa bolmasa kazylaryň eden jenaýatçylykly etmişlerinden;

4) kazyýet namasynyň kabul edilmegi üçin esas bolup hyzmat eden, kazyýet çözgüdiniň, kazyýetiň höküminiň ýa-da başga bir edaranyň kararynyň ýatyrylmagyndan;

5) eger täze kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namasy işiň ýagdaýlaryna düýpli täsir edýän we gaýdymlaýyn güýje eýe bolsa, kazyýet namasynyň esaslanan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýatyrylmagyndan.

 

154 madda. Arza bermegiň tertibi we möhleti

 

1. Kazyýet namasyna täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça ýaňadan garamak hakyndaky arza kazyýete prokuror we işe beýleki gatnaşyjylar tarapyndan şeýle ýagdaýyň ýüze çykandygy mälim bolan ýa-da bilinmegi mümkin bolan gününden başlap bir aýdan gijä galynman berlip bilner.

2. Arza beriji işe gatnaşyjylara arzanyň nusgasyny, oňa goşulýan we olarda bolmadyk resminamalaryň nusgasyny ibermäge borçludyr.

3. Arzanyň nusgasynyň işe gatnaşýanlara iberilmegini tassyklaýan resminamalar arza goşulýar.

4. Arza bir aýlyk möhlet geçenden soň berlen bolsa we geçirilen möhleti dikeltmek hakynda haýyşnama bolmadyk mahaly ýa-da arzanyň we oňa goşulýan resminamalaryň nusgalarynyň işe gatnaşyjylara iberilmeginiň subutnamalary getirilmedik mahaly arza ony berene gaýtarylyp berilýär.

5. Arzanyň gaýtarylyp berilmegi hakynda kesgitnama çykarylýar.

6. Kesgitnama barada şikaýat edilip we garşylyknama bildirilip bilner.

 

155 madda. Arza garamak

 

1. Birinji we ikinji basgançaklaryň kazyýet namalary hut şol kazyýet basgançaklarynda ýaňadan garalýar.

2. Gözegçilik basgançakdaky kazyýet tarapyndan kabul edilen kazyýet namalaryna täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet namasyny üýtgeden ýa-da täze kazyýet namasyny kabul eden gözegçilik basgançagy ýaňadan garaýar.

3. Kazyýet namasyna täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça ýaňadan garamak hakyndaky arza onuň gelip gowşan gününden başlap bir aý möhletde kazyýet mejlisinde garalýar. Arza berijä we işe gatnaşyjylara arzanyň garalmagynyň bellenilmegi hakynda habarnama iberilýär, onda kazyýet mejlisiniň geçirilýän wagty we ýeri görkezilýär. Işe gatnaşyjylaryň gelmezligi arza garamaga päsgel berip bilmez.

 

156 madda. Işe ýaňadan garamak hakyndaky kesgitnama

 

1. Kazyýet namasyny kabul eden kazyýet basgançagy kazyýet namasyna täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça ýaňadan garamak hakyndaky arza garap, arzany kanagatlandyrýar we kazyýet namasyny ýatyrýar ýa-da oňa ýaňadan garamakdan ýüz dönderýär.

2. Kazyýet namasyna täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça ýaňadan garamak hakyndaky arzany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek baradaky kesgitnama barada şikaýat edilip ýa-da garşylyknama berlip bilner.

3. Kazyýet namasy ýatyrylan halatda işe şu Kodeksde bellenilen düzgünler boýunça garalýar.

 

XXII BAP. KAZYÝET NAMALARYNY ÝERINE ÝETIRMEK

 

157 madda. Kazyýet namalaryny ýerine ýetirmegiň tertibi

 

Kazyýet namalary Türkmenistanyň çäkleriniň ähli ýerinde döwlet edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary, beýleki edaralar, düzgünnamaly hem-de jismi şahslar tarapyndan şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde ýerine ýetirmäge degişlidir.

 

158 madda. Buýruklar

 

1. Kazyýet namasy kazyýetiň buýrugy esasynda ýerine ýetirilýär. Buýruk ýerine ýetiriş resminamasydyr. Buýruk hakalyja çözgüt kanuny güýjüne girenden soň iberilýär. Pul serişdelerini töletdirmek baradaky buýruk hakalyja berilýär ýa-da oňa poçta arkaly iberilýär we degişli bank tarapyndan ýerine ýetirilýär. Serişdeler döwlet býujetiniň girdejisine töletdirilýän mahaly buýruk salgyt edarasyna iberilýär we bellenilen tertipde bankyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Beýleki buýruklar kazyýet ýerine ýetirijileri tarapyndan ýerine ýetirilýär.

2. Eger kazyýet namasy birnäçe hak isleýjiniň peýdasyna ýa-da birnäça jogap berijä garşy kabul edilen bolsa, buýruklar kazyýet namasynyň şol buýruk boýunça ýerine ýetirmäge degişli bölegini görkezmek bilen berilýär.

(2007-nji ýylyň 26-nji ýanwaryndaky we 2007-nji  ýylyň 12-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007-nji ýyl, № 1, 4-nji madda; № 2, 47-nji madda)

 

159 madda. Buýrugyň mazmuny

 

1. Buýrukda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) buýrugy beren kazyýetiň ady;

2) buýruk berlen işiň tertip sany;

3) ýerine ýetirmäge degişli kazyýet namasynyň kabul edilen senesi;

4) hakalyjynyň we bergidaryň ady olaryň salgylary we bankdaky hökmany maglumatlary;

5) kazyýet namasynyň karara gelnen bölegi;

6) buýrugyň berlen senesi we onuň hereket edýän möhleti.

2. Eger kazyýet buýruk bermekden öň kazyýet namasynyň ýerine ýetirilmegini gaýra goýan ýa-da möhletlere bölen bolsa, onda buýrugyň hereket edýän möhletiniň haçan başlanýandygy görkezilýär.

3. Buýruga kazy gol çekýär we degişli kazyýetiň gerbli möhüri bilen güwä geçilýär.

 

160 madda. Buýrugy ýerine ýetirmäge bermegiň möhleti

 

Buýruk kazyýet namasy kabul edilen ýa-da ony ýerine ýetirmek gaýra goýlan ýa möhletlere bölünen mahaly bellenilen möhlet tamamlanan gününden ýa bolmasa buýrugy ýerine ýetirmäge bermek üçin geçirilen möhleti dikeltmek hakynda karar çykarylan günden başlap üç aýdan gijä galynman ýerine ýetirilmäge berlip bilner. Eger kazyýet namasynyň ýerine ýetirilmegi togtadylan bolsa, onda onuň togtadylan wagty buýrugy ýerine ýetirmäge bermek üçin bellenilen üç aýlyk möhletde hasaba alynmaýar.

 

161 madda. Buýrugy ýerine ýetirmäge bermek üçin wagt möhletiniň arasynyň kesilmegi

 

1. Wagt möhletiniň arasy buýrugyň ýerine ýetirmäge berilmegi bilen, kazyýet namasynyň bölekleýin ýerine ýetirilmegi bilen bölünýär.

2. Ýerine ýetirilmeginiň mümkin däldigi bilen baglanyşykly buýruk gaýtarylyp berlen halatda ony ýerine ýetirmäge bermek üçin täze möhlet buýruk gaýtarylyp berlen gününden başlap hasaplanylýar.

 

162 madda. Buýrugy ýerine ýetirmäge bermek üçin geçirilen möhletiň dikeldilmegi

 

1. Eger buýrugy ýerine ýetirmäge bermegiň möhleti kazyýet tarapyndan esasly diýlip ykrar edilen sebäpler boýunça geçirilen bolsa, geçirilen möhlet dikeldilip bilner.

2. Geçirilen möhleti dikeltmek hakyndaky arza kazyýet tarapyndan garalýar.

3. Arza garamagyň netijeleri boýunça kesgitnama çykarylýar, ol hakalyja we bergidara iberilýär.

4. Kesgitnama barada şikaýat edilip we garşylyknama bildirilip bilner.

 

163 madda. Buýrugyň öwezlik nusgasyny bermek

 

1. Buýruk ýitirilen halatda degişli kazyýet hakalyjynyň arzasy boýunça öwezlik nusgany karar esasynda berip biler. Arza buýrugy ýerine ýetirmäge bermek üçin bellenilen möhlet tamamlanýança berilmelidir.

2. Buýrugyň öwezlik nusgasynyň berilmegi hakyndaky arza buýrugyň ýitirilendigi hakynda bank edarasynyň, kazyýet ýerine ýetirijisiniň, aragatnaşyk edarasynyň delilhaty ýa-da buýrugyň ýitirilendigi we ýerine ýetirmäge berilmändigi hakynda düzgünnamaly ýa-da jismi şahsyň delilhaty goşulmalydyr.

3. Düzgünnamaly şahsyň delilhatyna düzgünnamaly şahsyň ýolbaçysy ýa-da ýolbaçysynyň orunbasary we baş (uly) hasapçysy gol çekýär.

 

164 madda. Kazyýet namasyny ýerine ýetirmegi gaýra goýmak we möhletlere bölmek, ýerine ýetirmegiň usulyny hem-de tertibini üýtgetmek

 

1. Kazyýet namasyny kabul eden kazyýet hakalyjynyň, bergidaryň arzasy boýunça kazyýet namasyny ýerine ýetirmegiň möhletini gaýra goýmaga ýa-da möhletlere bölmäge, ony ýerine ýetirmegiň usulyny we tertibini üýtgetmäge haklydyr.

2. Bergidara ýerine ýetirmegi gaýra goýmak ýa-da möhletlere bölmek mümkinçiligini bermek bilen, kazyýet şu Kodeksiň XI babynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýet namasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky çäreleri görüp biler.

3. Arza garamagyň netijeleri boýunça kesgitnama çykarylýar, onuň nusgasy hakalyja we bergidara iberilýär.

4. Kesgitnama barada şikaýat edilip we garşylyknama bildirilip bilner.

 

165 madda. Kazyýet namasynyň ýerine ýetirilmegini yzyna öwürmek

 

1. Ýerine ýetirilen kazyýet namasy üýtgedilen ýa-da ýatyrylan we hak isleginden doly ýa bölekleýin ýüz döndermek hakynda täze kazyýet namasy kabul edilen, ýa bolmasa iş boýunça önümçilik ýatyrylan, ýa hak islegi garalman galdyrylan halatda kazyýet namasynyň ýerine ýetirilmegini yzyna öwürmek ulanylýar. Kazyýet namasyny ýerine ýetirmek yzyna öwrülen halatda ýatyrylan ýa-da üýtgedilen kazyýet namasynyň degişli bölegi boýunça jogap berijiden hak isleýjiniň peýdasyna töletdirilen ähli  zatlar jogap berijä gaýtarylyp berilýär.

2. Eger ýerine ýetirilmedik kazyýet namasy ýatyrylan ýa-da üýtgedilen we hak isleginden doly ýa bölekleýin ýüz döndermek hakynda täze kazyýet namasy kabul edilen, ýa bolmasa iş boýunça önümçilik bes edilen, ýa hak isleg doly ýa-da bölekleýin garalman galdyrylan bolsa, degişli kazyýet basgançagy degişli bölegi ýatyrylan ýa-da üýtgedilen kazyýet  namasy boýunça töletdirmegi doly ýa bölekleýin bes etmek hakynda kazyýet namasyny kabul edýär.

 

166 madda. Kazyýet namasynyň ýerine ýetirilmegini yzyna öwürmek hakyndaky meseläni çözmek

 

1. Kazyýet namasynyň ýerine ýetirilmegini yzyna öwürmek hakyndaky meseläni täze kazyýet namasyny kabul eden degişli kazyýet basgançagy çözýär.

2. Eger kazyýet  namasyny ýatyrmak ýa-da üýtgetmek hakyndaky kesgitnamada onuň ýerine ýetirilmeginiň yzyna öwrülmegi hakynda görkezmeler bolmasa, bu meseläni işe birinji basgançakda garaýan kazyýet çözüp biler. Jogap berijiniň kazyýet namasynyň ýerine ýetirilmeginiň yzyna öwrülmegi hakyndaky arzasyna garamagyň netijeleri boýunça karar çykarylýar.

3. Degişli kazyýet basgançagy töletdirilen pul serişdelerini, emlägi ýa-da onuň bahasyny gaýtaryp bermek baradaky buýrugy düzgünnamaly ýa-da jismi şahsyň arzasy boýunça berýär. Arza öň kabul edilen kazyýet namasynyň ýerine ýetirilendigini tassyklaýan resminama goşulýar.

 

167 madda. Tölegiň bergidaryň emläginiň hasabyna tutup almagyň tertibi

 

1. Düzgünnamaly ýa-da jismi şahsda kazyýet namasyny ýerine ýetirmek üçin ýeterlik pul serişdeleri ýok halatda töleg bergidara degişli bolan emlägiň hasabyna Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde alnyp bilner.

2. Tölegi bergidara degişli emlagiň hasabyna tutup almaga diňe kazyýetiň kesgitnamasy esasynda ýol berilýar.

 

168 madda. Kazyýet namasynyň ýerine ýetirilmändigi üçin jogapkärçilik

 

Kanuny güýjüne giren kazyýet namasyny ýerine ýetirmezlikde günäkär, şonuň ýaly-da ony ýerine ýetirmäge päsgel beren şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler. Jogapkärçilige çekilmek kazyýet namasyny ýerine ýetirmek borjundan boşatmaýar.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2017-njy ýylyň 1-nji martyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kodeksleri
Kabul edilen senesi 19.12.2000
Resminamanyň belgisi № 52-II