Türkmenistanyň Raýat Kodeksi

MAZMUNY

 

1 BÖLEK. UMUMY DÜZGÜNLER

I BÖLÜM. ESASY DÜZGÜNLER

2 BÖLÜM. ŞAHSLAR

3. BÖLÜM. GELEŞIKLER WE WEKILLIK

4 BÖLÜM. MÖHLETLER

 

2 BÖLEK. ZAT (EMLÄK) HUKUGY

1 BÖLÜM. EMLÄK

2 BÖLÜM. EÝELIK ETMEK

3 BÖLÜM. EÝEÇILIK

4 BÖLÜM. JEMAGAT REÝESTRI

 

3 BÖLEK. BORÇNAMALAÝYN HUKUK

1 BÖLÜM. BORÇNAMALAR HAKYNDAKY UMUMY DÜZGÜNLER

2 BÖLÜM. BORÇNAMALARYŇ AÝRY-AÝRY GÖRNÜŞLERI

3 BÖLÜM. KANUN BOÝUNÇA BORÇNAMALY GATNAŞYKLAR

4. BÖLÜM. DELIKT BORÇNAMALARY

 

4-nji BÖLEK. INTELLEKTUAL EÝEÇILIK HUKUGY

1-nji BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

2-nji BÖLÜM. AÝRATYN HUKUK

3-nji BÖLÜM. YGTYÝARNAMALY ŞERTNAMA

4-nji BÖLÜM. EMLÄK HUKUKLARYNYŇ KÖPÇÜLIKLEÝIN

DOLANDYRYLMAGY

5-nji BÖLÜM. INTELLEKTUAL HUKUKLARYŇ GORALMAGY

 

V BÖLEK. MIRASLYK HUKUGY

1 BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

2 BÖLÜM. KANUN BOÝUNÇA MIRAS EDINMEK

3 BÖLÜM. WESÝETNAMA BOÝUNÇA MIRAS

4 BÖLÜM. WESÝETNAMANYŇ FORMASY

5 BÖLÜM. BAŞGA MIRASDARY BELLEMEK

6 BÖLÜM. HÖKMANY PAÝ

7 BÖLÜM. WESÝETNAMALAÝYN ÝÜZ  DÖNDERIŞ

8 BÖLÜM. WESÝETNAMANYŇ ÜÝTGEDILMEGI ÝA-DAÝATYRYLMAGY

9 BÖLÜM. WESÝETNAMANYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGI

10 BÖLÜM. MIRASY KABUL ETMEK WE ONY KABUL

ETMEKDEN ÝÜZ DÖNDERMEK

11 BÖLÜM. MIRASY BÖLMEK

       12 BÖLÜM. MIRASDARLARYŇ KREDITORLARY KANAGATLANDYRMAGY

       13 BÖLÜM. MIRASY GORAMAK

       14 BÖLÜM. MIRAS HAKYNDA ŞAHADATNAMA

 

TÜRKMENISTANYŇ

RAÝAT KODEKSI

 

1 BÖLEK

UMUMY DÜZGÜNLER

 

I BÖLÜM. ESASY DÜZGÜNLER

 

1 BAP. GRAŽDAN KANUNLARY

 

1 madda. Graždan kanunlarynyň esasy başlangyçlary

 

1. Graždan kanunlary özüne düzgünleşdirmäge degişli bolan gatnaşyklara gatnaşyjylaryň deňligini, eýeçiligiň eldegrilmesizligini, şertnamanyň erkinligini, kim-de bolsa biriniň hususy işlere esassyz gatyşmagyna ýol berilmesizdigini, graždan hukuklaryny päsgelçiliksiz amala aşyrmagyň, bozulan hukuklaryň dikeldilmegini üpjün etmegiň, şol hukuklary suduň üsti bilen goramagyň zerurdygyny ykrar etmäge esaslanýar.

2. Fiziki we ýuridiki şahslar özleriniň hukuklaryny we borçnamalaryny şertnama esasynda bellemekde hem-de şertnamada islendik şertleri kesgitlemekde, eger olar kanuna garşy gelmeýän bolsa, erkindirler.

Graždan hukuklary ahlagy, beýleki şahslaryň, saglygyny, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, jemgyýetiň we döwletiň, howpsuzlygyny, töwerekdäki sredanyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, diňe kanun esasynda çäklendirilip bilner.

3. Harytlar, hyzmatlar we maliýe serişdeleri Türkmenistanyň bütin territoriýasynda erkin geçirilýär.

Harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň geçirilmegini çäklendirmek çäreleri kanuna laýyklykda girizilip bilner.

 

2 madda. Graždan kanunlarynyň düzgünleşdirýän gatnaşyklary

 

1. Graždan kanunlary graždan dolanyşygyna gatnaşyjylaryň hukuk ýagdaýyny, eýeçilik hukuklarynyň ýüze çykmagynyň esaslaryny we şol hukuklary amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär, şertnamalaýyn we gaýry borçnamalary, şonuň ýaly-da beýleki emläk gatnaşyklaryny hem şolar bilen baglanyşykly emläkleýin däl şahsy gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Maşgala, ýaşaýyş jaý, zähmet gatnaşyklary, tebigy baýlyklary peýdalanmak we töwerekdäki sredany goramak barada şu punktuň birinji abzasynda görkezilen alamatlara laýyk gelýän gatnaşyklary, eger ýörite kanunlarda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, graždan kanunlary arkaly düzgünleşdirilýär.

2. Ynsanyň mizemez hukuklary we azatlyklary hem-de beýleki maddy däl eşretlerini amala aşyrmak we goramak bilen baglanyşykly gatnaşyklar, eger bu gatnaşyklaryň düýp manysyndan başgaça gelip çykmaýan bolsa, graždan kanunlary arkaly düzgünleşdirilýär.

3. Fiziki şahslary, ýuridiki şahslar we döwlet graždan hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri bolup biler. Bu kada Türkmenistanyň graždanlary, daşary ýurtlaryň graždanlary barada we belli bir graždanlygy bolman, telekeçilik bilen meşgullanýan ýa-da meşgullanmaýan şahslar barada hem ulanylýar.

Emlägi peýdalanmak, harytlary satmak, işleri ýerine ýetirmek ýa-da şahslara hyzmat etmek arkaly birsyhly peýda almaga gönükdirilen özbaşdak we öz töwekgelligiň bilen amala aşyrylýan iş telekeçilik işi hasaplanýar.

4. Döwlet organlarynyň we guramalarynyň fiziki hem-de ýuridiki şahslar bilen graždan hukuk gatnaşyklary, eger şol gatnaşyklar başga kanunlar arkaly düzgünleşdirilmeli däl bolsa, onda graždan kanunlary arkaly düzgünleşdirilýär.

 

3 madda. Graždan kanunlarynyň aktlary

 

1. Graždan kanunlary şu Kodeksden, şu Kodeksiň 2 maddasynda görkezilen gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kanunlardan we gaýry normatiw hukuk aktlaryndan ybaratdyr.

2. Kanun esasynda kabul edilen normatiw hukuk aktlary diňe kanuna ters gelmeýän halatlarda graždan gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanylýar.

 

4 madda. Graždan kanunlarynyň wagt boýunça hereketi

 

Graždan kanunlarynyň aktlarynyň geçen wagt uçin güýji ýokdur we şol aktlar güýje girizilenden soň ýüze çykýan gatnaşyklar barada ulanylýar.

Kanunyň güýji onuň güýje girizilmeginden öň ýüze çykan gatnaşyklar barada ulanyp bolýandygy diňe kanunda gös-göni göz öňünde tutulan halatlarda şol gatnaşyklara degişli edilýär.

 

 5 madda. Iş dolanyşygynyň adatlary

 

 1. Telekeçilik işiniň haýsy-da bolsa bir pudagynda emele gelen we giňden ulanylýan hem özüniň haýsy-da bolsa bir dokumentde ýazylandygyna-ýazylmandygyna garamazdan, kanunlarda göz öňünde tutulmadyk özüňi alyp baryş kadasy iş dolanyşygynyň adaty diýlip ykrar edilýär.

2. Iş dolanyşygynyň adatlary degişli gatnaşyga gatnaşyjylar üçin hökmany bolan kanun ýa-da şertnama düzgünlerine garşy gelýän bolsa, olar ulanylmaýar.

 

6 madda. Graždan kanunlaryny meňzeşlik boýunça ulanmak

 

1. Şu Kodeksiň 2 maddasynyň 1 we 2 punktlarynda göz öňünde tutulan gatnaşyklar kanunlar arkaly ýa-da taraplaryň ylalaşygy arkaly gös-göni düzgünleşdirilmedik hem-de şolar barada ulanyp bolýan iş dolanyşygynyň adaty ýok mahalynda, şeýle gatnaşyklar barada, eger munuň özi olaryň düýp mazmunyna garşy gelmeýän bolsa, graždan kanunlarynyň meňzeş gatnaşyklary düzgünleşdirýän normasy (kanun meňzeşligi) ulanylýar.

2. Ýokarda görkezilen halatlarda kanun meňzeşligini peýdalanmak mümkin bolmadyk mahalynda, taraplaryň hukuklary we borçlary graždan kanunlarynyň umumy başlangyçlaryndan we manysyndan ugur alnyp (hukuk meňzeşligi) kesgitlenilýär.

3. Hukuk normasy bolmadyk ýa-da ol aýdyň däl mahalynda suduň graždan işleri boýunça adyl sudlugy amala aşyrmakdan ýüz döndermäge haky ýokdur.

4. Graždan hukuklaryny çäklendirýän we jogapkärçiligi belleýän normalaryň meňzeşlik boýunça ulanylmagyna ýol berilmeýär.

 

7 madda. Graždan kanunlary we halkara şertnamalary

 

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda graždan kanunlarynda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

2 BAP. GRAŽDAN HUKUKLARYNYŇ WE BORÇLARYNYŇ

ÝÜZE ÇYKMAGY, GRAŽDAN HUKUKLARYNY AMALA

AŞYRMAK WE GORAMAK

 

8 madda. Graždan hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň esaslary

 

Graždan hukuklary we borçlary kanunlarda göz öňünde tutulan esaslardan ýüze çykýar, şonuň ýaly-da kanunlarda göz öňünde tutulmadyk, ýöne welin graždan kanunlarynyň umumy başlangyçlaryna we manysyna görä graždan hukuklaryny we borçlaryny döredýän fiziki we ýuridiki şahslaryň hereketlerinden ýüze çykýar.

Şuňa laýyklykda, graždan hukuklary we borçlary şeýle ýüze çykýar:

a) kanunda göz öňünde tutulan şertnamalardan we beýleki geleşiklerden, şonuň ýaly-da kanunda göz öňünde tutulmadyk, ýöne welin, oňa garşy gelmeýän şertnamalardan we beýleki geleşiklerden;

b) graždan hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň esaslary hökmünde kanunda göz öňünde tutulan döwlet organlarynyň we öz-özüňi dolandyryşyň ýerli organlarynyň aktlaryndan;

w) graždan hukuklaryny we borçlaryny bellän sud çözgüdinden;

g) kanunda gadagan edilmedik esaslar boýunça emlägi döretmek we edinmek netijesinden;

d) ylym, edebiýat, sungat eserlerini döretmegiň, oýlap tapyşlaryň we intellektual işiniň beýleki netijesinden;

ý) başga şahsa zyýan ýetirilmegi sebäpli;

j) esassyz baýlaşmak sebäpli;

z) fiziki we ýuridiki şahslaryň gaýry hereketleri sebäpli;

i) kanunlar boýunça graždan hukuk netijeleriniň başlanmagy bilen baglanyşdyrylýan wakalar sebäpli ýüze çykýar.

 

9 madda. Graždan hukuklaryny amala aşyrmak

 

1. Fiziki we ýuridiki şahslar özlerine degişli graždan hukuklaryny özleriniň makul bilşine görä amala aşyrýarlar.

2. Fiziki we ýuridiki şahslaryň özlerine degişli hukuklary amala aşyrmakdan ýüz döndermegi bu hukuklaryň ýatyrylmagyna getirmeýär, ýöne kanunda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

3. Graždan hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri özleriniň hukuklaryny we borçlaryny ynsaplylyk bilen amala aşyrmaga borçludyrlar, özleriniň hereketleri (hereketsizligi) bilen beýleki şahslara zyýan ýetirmeli däldirler.

4. Şu maddanyň 3 punktunda göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilmedik halatynda, sud şol şahsyň hukugyny goramakdan ýüz dönderip biler.

5. Kanun graždan hukuklaryny goramagy şol hukuklaryň ynsaply we paýhasly amala aşyrylandygyna-aşyrylmandygyna bagly edende, graždan hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň ynsaplylygy we paýhaslylygy çak edilýär.

 

10 madda. Graždan hukuklaryny sud üsti bilen goramak

 

1. Bozulan ýa-da dawa edilen graždan hukuklaryny sud, hojalyk sudy, bitaraplar sudy (mundan beýläk - sud diýlip alynýar) işleriň kime degişliliginiň prosessual  kanunlarda ýa-da şertnamada bellenilişine laýyklykda goraýar.

2. Taraplaryň arasyndaky jedeliň suda ýüz tutulmanka düzgünleşdirilmegi kanunda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulyp bilner.

3. Graždan hukuklaryny administratiw tertipde goramak işi diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda amala aşyrylýar. Administratiw tertipde kabul edilen çözgüt barada suda şikaýat edilip bilner.

 

11 madda. Graždan hukuklaryny goramagyň usullary

 

Graždan hukuklary şu aşakdakylar arkaly goralýar:

a) hukugy ykrar etmek arkaly;

b) hukugyň bozulmazyndan öň dowam edip gelen ýagdaýyny dikeltmek arkaly we hukugy bozýan ýa-da hukugyň bozulmak howpuny döredýän hereketleriň öňüni almak arkaly;

w) geleşigi hakyky däl diýip ykrar etmek we şol geleşigiň hakyky däldiginiň netijelerini ulanmak arkaly;

g) döwlet organynyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş organynyň aktyny hakyky däl diýip ykrar etmek arkaly;

d) borjy bolşy ýaly ýerine ýetirmäge mejbur etmek arkaly;

ý) graždan hukuklaryňy öz-özüň goramak arkaly;

j) ýetirilen zyýany töletmek arkaly;

z) puşmana puluny töletmek arkaly;

g) moral taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak arkaly;

k) hukuk gatnaşyklaryny ýatyrmak ýa-da üýtgetmek arkaly;

l) döwlet organynyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş organynyň, kanuna garşy gelýän aktyny suduň ulanmazlygy arkaly;

m) kanunda göz öňünde tutulan beýleki usullar arkaly.

 

12 madda. Kanunlara laýyk gelmeýän akty hakyky däl diýip ykrar etmek

 

Döwlet organyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş organynyň, fiziki ýa-da ýuridiki şahslaryň graždan hukuklaryny we kanun arkaly goralýan bähbitlerini bozýan akty kabul edilen pursatyndan hakyky däldir.

Şeýle akt sud tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilen halatynda, bozulan hukuk dikeldilmelidir ýa-da şu Kodeksiň 11 maddasynda göz öňünde tutulan beýleki usullar bilen goralmalydyr.

 

13 madda. Graždan hukuklaryny öz-özüň goramak

 

Graždan hukuklaryny öz-özüň goramaga ýol berilýär.

Graždan hukuklaryny öz-özüň goramak usullary hukugyň bozulyşyna barabar bolmalydyr we şol usullar, eger ygtyýarly organlaryň kömegi wagtynda ýetişmeýän bolsa, şol hukuk bozuşdan ägä etmek ýa-da onuň öňüni almak üçin zerur bolan hereketleriň çäginden çykmaly däldir.

 

14 madda. Zyýany töletmek

 

1. Öz hukugy bozulan şahs özüne ýetirilen zyýanyň öweziniň doly tölenilmegini talap edip biler. Zyýany töletmegi talap etmek hukugyndan deslaplaýyn  baglaşylan ylalaşyk esasynda ýüz dönderilmegine ýol berilmeýär.

2. Ýetirilen zyýan diýlende hukugy bozulan şahsyň öz bozulan hukugyny dikeltmek üçin eden ýa-da etmeli bolan çykdajylaryna, onuň emläginiň ýitirilmegine ýa-da oňa şikes ýetirilmegine (hakyky zyýan), şonuň ýaly-da, eger bu şahsyň hukugy bozulmadyk bolsa, graždan dolanyşygynyň adaty şertlerinde onuň almaly boljak, ýöne alynmadyk girdeyjilerine (elden giderilen peýda) düşünilýär.

Eger hukugy bozan şahs şonuň netijesinde girdeji alan bolsa, onda hukugy bozulan şahs şonuň ýaly girdejilerden az bolmadyk möçberde beýleki zyýanlar bilen bir hatarda elden giderilen peýdanyň tölenilmegini talap etmäge haklydyr.

 

15 madda. Emläkleýin däl şahsy hukuklary we beýleki maddy däl eşretleri goramak

 

Emläkleýin däl şahsy hukuklar we beýleki maddy däl eşretler şu Kodeksde we beýleki kanunlarda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde goralýar, şonuň ýaly-da bozulan hukugyň düýp mazmunyndan we bu bozuşyň netijeleriniň häsiýetinden graždan hukuklaryny goramagyň haýsy usullaryny peýdalanmak gelip çykýan bolsa, şeýle halatlarda we çäklerde goralýar.

 

16 madda. At-abraýy, mertebäni we iş abraýyny goramak

 

1. Fiziki ýa-da ýuridiki şahs özüniň at-abraýyny, mertebesini ýa-da iş abraýyny masgaralaýan maglumatlaryň, eger şonuň ýaly maglumatlary ýaýradan şahs şol maglumatlaryň hakykata laýyk gelýändigini subut edip bilmese, sud üsti bilen ýalana çykarylmagyny talap etmäge haklydyr.

Gyzyklanýan şahslaryň talap etmegine görä, fiziki şahsyň at-abraýynyň we mertebesiniň ol aradan çykandan soň hem goralmagyna ýol berilýär.

2. Eger fiziki ýa-da ýuridiki şahsyň at-abraýyny, mertebesini ýa-da iş abraýyny masgaralaýan maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýradylan bolsa, onda şol maglumatlar hut şol köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýalana çykarylmalydyr.

Eger ýokarda görkezilen maglumatlar guramadan çykýan dokumentde beýan edilen bolsa, onda şol dokument çalşyrylmalydyr ýa-da yzyna alynmalydyr.

Beýleki halatlarda maglumatlary ýalana çykarmagyň tertibi sud tarapyndan bellenilýär.

3. Fiziki ýa-da ýuridiki şahs, bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdelereriniň çap eden maglumatlary onuň hukuklaryny ýa-da kanun arkaly goralýan bähbitlerini kemsidýän bolsa, onda ol öz jogabyny hut şol köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap etmäge haklydyr.

4. Eger suduň çözgüdi ýerine ýetirilmedik bolsa, onda sud düzgüni bozuja jerime salmaga haklydyr, bu jerime bolsa prosessual kanunlarda göz öňünde tutulan möçberde we tertipde töledilip, döwletiň haýryna geçirilýär. Jerimäniň tölenilmegi düzgüni bozujyny suduň çözgüdinde göz öňünde tutulan hereketi ýerine ýetirmek borjundan boşatmaýar.

5. Özi barada at-abraýyny, mertebesini ýa-da iş abraýyny masgaralaýan maglumatlar ýaýradylan fiziki ýa-da ýuridiki şahs şonuň ýaly maglumatlary ýalana çykardyp, şol maglumatlaryň ýaýradylmagy bilen ýetirilen zyýany töletmäge we moral zeleliň öwezini dolmagy talap etmäge haklydyr.

6. Eger fiziki ýa-da ýuridiki şahsyň at-abraýyny, mertebesini ýa-da iş abraýyny masgaralaýan maglumatlary ýaýradan şahsy takyklamak mümkin bolmasa, onda özi barada şol maglumatlar ýaýradylan şahs ýaýradylan maglumatlaryň hakykata laýyk gelmeýändigini ykrar etmek hakyndaky arza bilen suda ýüz tutmaga haklydyr.

 

17 madda. Öz şekiliniň suratlandyrylmagyna hukugy goramak

 

Kim-de bolsa biriniň razyçylygyny alman, onuň suratlandyrylan şekilini çap etmäge we ýaýratmaga hiç kimiň haky ýokdur. Şekili çap etmek we ýaýratmak suduň, doznaniýe we derňew organlarynyň talap etmegi bilen baglanyşykly bolan mahalynda, şekil köpçüligiň arasynda surata düşürilen ýa-da başga usul bilen suratlandyrylan mahalynda, şonuň ýaly-da kanunda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda, şonuň ýaly razyçylyk talap edilmeýär.

Şekili suratlandyrylýan şahs hakyna surata düşen bolsa, onda öz şekiliniň çap edilmegine we ýaýradylmagyna şol şahsyň razyçylyk berdigi hasap edilýär.

 

18 madda. Şahsy durmuşyň syrlaryny goramak hukugy

 

1. Fiziki şahs özüniň şahsy durmuşyny: hat ýazyşmagynyň, gündelikleriniň, bellikleriniň, ýazgylarynyň, pynhan durmuşynyň, dogluşynyň, perzentlige alynmagynyň syrlaryny, wraçlyk ýa-da adwokatlyk syryny, goýumlarynyň syryny we şulara meňzeşleri goramaga hukugy bardyr.

Şahsy durmuşyň syrlary diňe kanunda bellenilen halatlarda açylyp bilner.

2. Gündelikleriň, ýazgylaryň, bellikleriň we şulara meňzeşleriň çap edilmegine diňe olaryň awtorynyň razyçylygy bilen ýol berilýär, hatlaryň çap edilmegine bolsa olaryň awtorynyň we hat kime ýüzlendirilen bolsa, şonuň razyçylygy bilen ýol berilýär. Olaryň haýsy-da bolsa biri ölen mahalynda ýokarda görkezilen dokumentler öleniň diri gezip ýören  ýanýoldaşynyň we çagalarynyň razyçylygy bilen çap edilip bilner, soňra bolsa aradan çykanyň beýleki daşgyn nesilleriniň razyçylygy bilen çap edilip bilner.

 

2 BÖLÜM. ŞAHSLAR

 

1 BAP. FIZIKI ŞAHSLAR

 

19 madda. Fiziki şahs diýen düşünje

 

Fiziki şahslar diýlende Türkmenistanyň graždanlaryna, daşary ýurtlaryň graždanlaryna, şonuň ýaly-da graždanlygy bolmadyk şahslara düşünilýär.

 

20 madda. Fiziki şahsyň hukuk ukyby

 

1. Graždan hukuklaryna we borçlaryna eýe bolmak ukyby (graždan hukuk ukyby) fiziki şahslaryň hemmesi üçin deň derejede ykrar edilýär.

2. Fiziki şahsyň hukuk ukyby onuň doglan pursatynda ýüze çykýar we onuň aradan çykmagy bilen gutarýar.

3. Mirasdar bolmak hukugy onuň enesiniň göwresinde galan pursatyndan ýüze çykýar: şol hukugy amala aşyrmak bolsa mirasdaryň dogluşyna bagly.

 

21 madda. Fiziki şahsyň ady

 

1. Fiziki şahs hukuklaryna we borçlaryna, eger kanunlardan ýa-da milli däp-dessurdan başgaça gelip çykmaýan bolsa, öz ady bilen (muňa onuň familiýasy we hut öz ady, şonuň ýaly-da onuň islegine görä, atasynyň ady girýär) eýe bolýar hem-de amala aşyrýar.

Kanunlarda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde fiziki şahs lakamyny (toslanyp dakylan adyny) peýdalanyp biler.

2. Fiziki şahs öz adyny kanunda bellenilen tertipde üýtgetmäge haklydyr. Fiziki şahsyň adyny üýtgetmegi onuň ozalky ady bilen edinen hukuklarynyň we borçlarynyň ýatyrylmagy ýa-da üýtgedilmegi üçin esas däldir.

Fiziki şahs öz adynyň üýtgändigini öz bergidarlaryna we algydarlaryna mälim etmek üçin zerur çäreleri görmäge borçludyr hem-de şol şahslarda öz adynyň üýtgemegi hakyndaky maglumatlaryň bolmazlygy sebäpli dörän netijeler baradaky töwekgelçiligi çekýär.

Adyny üýtgeden fiziki şahs özüniň ozalky adyna ýazylan dokumentlere öz hasabyna degişli üýtgetmeleriň girizilmegini talap etmäge haklydyr.

3. Fiziki şahsyň doglanda alan ady, şonuň ýaly-da onuň adynyň üýtgedilmegi graždan ýagdaýynyň aktlaryny bellige almak üçin kesgitlenen tertipde bellige alynmalydyr.

4. Başga şahsyň ady bilen hukuklary we borçlary edinmäge ýol berilmeýär.

 

22 madda. Fiziki şahsyň ýaşaýan ýeri

 

1. Fiziki şahsyň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeri onuň ýaşaýan ýeri diýlip ykrar edilýär.

2. On dört ýaşdan bärdäki kemala gelmedikleriň ýa-da biriniň hossarlygynda ýören şahslaryň ata-eneleriniň, perzentlige alanlaryň ýa-da hossarlaryň ýaşaýan ýeri olaryň ýaşaýan ýeri diýlip ykrar edilýär.

3. Eger şahs mejbury suratda ýa-da döwlet borçlaryny ýerine ýetirmek üçin belli bir möhletiň dowamynda şol ýerde bolmaýan bolsa, onda onuň ýaşaýan ýeri ýitirilmeýär.

 

23 madda. Fiziki şahsyň kämillik ukyby

 

1. Fiziki şahsyň öz erk-islegi we öz hereketleri bilen graždan hukuklaryny edinmek we amala aşyrmak, özi üçin graždan borçlaryny döretmek hem-de olary ýerine ýetirmek ukyby (graždan kämillik ukyby) onuň kemala gelmegi bilen, ýagny on sekiz ýaşyna ýetmegi bilen doly möçberinde ýüze çykýar.

2. On sekiz ýaşyna ýetmänkä nikalaşmaga kanun boýunça ýol berilýän halatynda, on sekiz ýaşyna ýetmedik fiziki şahs nikalaşan wagtyndan başlap, doly möçberde kämillik ukybyna eýe bolýar.

Nika baglaşylmagy netijesinde eýe bolnan kämillik ukyby on sekiz ýaşyna ýetmänkä nika bozulan halatynda hem doly möçberinde saklanyp galýar.

Nika hakyky däl diýlip ykrar edilen mahalynda, sud bu kemala gelmedik ýanýoldaşyň suduň kesgitleýän pursatyndan başlap, kämillik ukybyny doly ýitirýändigi hakynda çözgüt çykaryp biler.

3. Ýedi ýaşdan bärdäki kemala gelmedikleriň (kiçi ýaşly çagalaryň) kämillik ukyby ýokdur.

 

24 madda. Hukuk ukybyndan we kämillik ukybyndan mahrum etmäge hem-de olary çäklendirmäge ýol bermezlik

 

1. Fiziki şahs hukuk ukybyndan mahrum edilip bilinmez.

2. Kanunda bellenilen halatlardan we tertipden başga ýagdaýlarda hiç kimiň hukuk ukyby we kämillik ukyby çäklendirilip bilinmez.

3. Fiziki şahslaryň kämillik ukybyny ýa-da olaryň telekeçilik işi, ýa bolmasa gaýry iş bilen meşgullanmak hukuklaryny çäklendirmegiň kanunda bellenilen şertleriniň we tertibiniň berjaý edilmezligi degişli çäklendirmäni belleýän döwlet organynyň ýa-da beýleki organyň aktynyň hakyky bolmazlygyna getirýär.

4. Şahsyň öz hukuk ukybyndan ýa-da kämillik ukybyndan doly ýa-da kem-käs ýüz döndermegi hem-de hukuk ukybyny ýa-da kämillik ukybyny çäklendirmäge gönükdirilen beýleki geleşikler hiç zatdyr.

 

25 madda. Kemala gelmedikleriň çäklendirilen kämillik ukyby

 

1. Ýedi ýaşdan on sekiz ýaşa çenli bolan kemala gelmedikleriň çäklendirilen kämillik ukyby bardyr.

2. Çäklendirilen kämillik ukyby bolan şahs tarapyndan baglaşylan geleşigiň hakyky bolmagy üçin, onuň kanuny wekiliniň razyçylygy zerurdyr, ýöne çäklendirilen kämillik ukyby bolan şahsyň geleşik esasynda peýda alýan halatlary muňa girmeýär.

 

26 madda. Fiziki şahsy kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek

 

1. Psihiki ýarawsyzlygy (dälilik keseli ýa-da akyly kemlik) sebäpli öz hereketleriniň manysyna düşünip bilmeýän ýa-da şol hereketlere erk edip bilmeýän fiziki şahs sud tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilip bilner. Şol fiziki şahsa hossar bellenilýär.

2. Kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen fiziki şahsyň adyndan geleşikleri onuň hossary baglaşýar.

3. Eger fiziki şahsy kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmäge getiren esaslar aradan aýrylan bolsa, onda sud ony kämillik ukyply diýip ykrar edýär. Oňa bellenilen hossarlyk suduň çözgüdi esasynda ýatyrylýar.

 

27 madda. Fiziki şahsyň kämillik ukybyny çäklendirmek

 

1. Spirtli içgileri ýa-da neşe maddalaryny kast bilen içmegi-çekmegi zerarly öz maşgalasyny maddy taýdan agyr ýagdaýa salýan fiziki şahsyň kämillik ukybyny sud çäklendirip biler. Şol fiziki şahsa howandarlyk bellenilýär. Şonuň ýaly şahs durmuş häsiýetindäki ownuk geleşiklerden başga, emläge ygtyýar etmek hakyndaky geleşikleri baglaşmaga, iş hakyny, pensiýany ýa-da girdejiniň beýleki görnüşlerini almaga hem-de olara ygtyýar etmäge diňe howandaryň razyçylygy bilen haklydyr.

2. Fiziki şahsyň kämillik ukybynyň çäklendirilmegine getiren esaslar aradan aýrylan bolsa, onda sud onuň kämillik ukybynyň çäklendirilmegini ýatyrýar. Fiziki şahsa bellenilen howandarlyk suduň çözgüdi esasynda ýatyrylýar.

 

28 madda. Fiziki şahsyň telekeçilik işi

 

1. Fiziki şahs ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga haklydyr.

2. Fiziki şahslaryň ýuridiki şahsy döretmezden amala aşyrýan telekeçilik işi barasynda şu Kodeksiň ýuridiki şahslaryň işini düzgünleşdirýän degişli kadalary ulanylýar.

 

29 madda. Fiziki şahsyň emläk jogapkärçiligi

 

Fiziki şahs öz borçnamalary boýunça özüne degişli bütin emlägi bilen jogap berýär, ýöne kanuna laýyklykda töleg töledilip alnyp bilinmeýän emläk muňa girmeýär.

Fiziki şahslaryň töleg töledilip alnyp bilinmeýän emläginiň sanawy graždan prosessual kanunlary arkaly bellenilýär.

 

30 madda. Hususy telekeçiniň gurby ýetmezligi  (batmagy)

 

1. Özüniň telekeçilik işini amala aşyrmak bilen baglanyşyklylykda  kreditorlaryň talaplaryny kanagatlandyrmaga gurby ýetmeýän hususy (indiwidual) telekeçi suduň çözgüdi boýunça gurby ýetmeýän (batan) diýlip ykrar edilip bilner.

2. Hususy telekeçini batan diýip ykrar etmek çäresi amala aşyrylan mahalynda, telekeçilik işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly bolmadyk borçnamalary boýunça onuň algydarlary hem öz talaplaryny bildirmäge haklydyr. Ýokarda görkezilen algydarlaryň şunuň ýaly tertipde bildirmedik talaplary hususy telekeçiniň batmagy baradaky çäre tamamlanylandan soň güýjüni saklaýar.

3. Hususy telekeçi gurby ýetmeýän (batan) diýlip ykrar edilen halatynda, algydarlaryň talaplary onuň töleg töledilip alnyp bilinjek emläginiň hasabyna şu aşakdaky ýaly nobat boýunça kanagatlandyrylýar:

birinji nobatda - fiziki şahslaryň talaplary, telekeçi olaryň janyna ýa-da saglygyna zeleliň ýetirilendigi üçin olaryň öňünde jogapkärçilik çekýän bolsa, wagtal-wagtal tölenilmeli degişli tölegleri jemläp hasaplamak arkaly kanagatlandyrylýar, şonuň ýaly-da aliment töletmek baradaky talaplar kanagatlandyrylýar;

ikinji nobatda - zähmet şertnamasy boýunça işleýän şahslara işden çykan mahalynda berilýän kömek puluny bermek we olaryň zähmetine tölenilýän haky tölemek baradaky hasaplaşyklar geçirilýär, ýöne hasaplaşyk geçirilýän wagtyň dowamlylygy üç aýdan köp bolmaly däldir;

üçünji nobatda - kreditorlaryň hususy telekeçä degişli emlägiň girew goýulmagy arkaly üpjün edilen talaplary kanagatlandyrylýar;

dördünji nobatda - býujete we býujet däl fondlara hökmany tölenilmeli tölegler baradaky bergi üzülýär;

bäşinji nobatda - kanuna laýyklykda beýleki algydarlar bilen hasaplaşyklar geçirilýär.

Her bir nobatdaky algydarlaryň talaplary öňki nobatdaky algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soň kanagatlandyrylýar.

4. Kreditorlar bilen hasaplaşyp bolanyndan soň, batan diýlip ykrar edilen hususy telekeçi öz telekeçilik işi bilen baglanyşykly galan borçnamalaryny hem-de ýerine ýetirmek üçin bildirilen we telekeçi batan diýlip ykrar edilende nazara alnan beýleki talaplary ýerine ýetirmekden boşadylýar.

Fiziki şahslaryň talaplary, batan diýlip yglan edilen şahs olaryň janyna ýa-da saglygyna zelel ýetirilendigi üçin jogalkärçilik çekýän bolsa, şonuň ýaly-da şahsy häsiýetdäki beýleki  talaplar öz güýjüni saklaýar.

5. Suduň hususy telekeçini gurby ýetmeýän (batan) diýip ykrar etmeginiň ýa bolmasa onuň özüniň gurby ýetmeýändigini (batmagyny) yglan etmeginiň esaslary we tertibi gurby ýetmezlik (batmak) hakyndaky kanun arkaly bellenilýär.

6. Batan diýlip yglan edilen fiziki şahsyň suduň çözgüdi boýunça belli bir möhletiň dowamynda telekiçilik işi bilen meşgullanmagy gadagan edilip bilner, ýöne şol möhlet gurby ýetmezlik (batmak) hakyndaky kanunda bellenilen aňrybaş möhletden geçip bilmez.

 

31 madda. Hossarlyk we howandarlyk

 

1. Hossarlyk we howandarlyk kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen fiziki şahslaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin bellenilýär.

2. Hossarlar we howandarlar islendik şahslar we guramalar bilen gatnaşyklarda, şol sanda sudlarda, ýörite ygtyýar alman öz hossarlyk-howandarlyk edýän şahslarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň tarapyna çykyş edýärler.

3. Kemala gelmedik fiziki şahslara hossarlyk we howandarlyk olaryň ata-eneleri, perzentlige alanlar ýok mahalynda, olaryň ata-eneleri sud tarapyndan ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen mahalynda, şonuň ýaly-da bu fiziki şahslar başga sebäplere görä ata-ene hossarlygyndan galan, hususan-da ata-eneleriň olary terbiýelemekden ýa bolmasa olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan boýun gaçyrýan halatlarynda bellenilýär.

 

32 malda.  Hossarlyk

 

1. Hossarlyk kämillik ukyby ýok fiziki şahslara bellenilýär.

2. Hossarlar kanuna laýyklykda özleriniň hossarlyk edýän şahslarynyň wekilleridir hem-de olaryň adyndan we olaryň bähbitleri üçin ähli zerur geleşikleri baglaşýarlar.

 

33 madda. Howandarlyk

 

1. Howandarlyk kämillik ukyby çäklendirilen fiziki şahslara bellenilýär.

2. Howandarlar howandarlyk edilýän fiziki şahslaryň özbaşdak baglaşmaga haky bolmadyk geleşiklerini baglaşmaga razylyk berýärler.

Howandarlar howandarlyk edilýänleriň öz hukuklaryny amala aşyrmaga we borçlaryny ýerine ýetirmeginde olara ýardam edýärler, şonuň ýaly-da olary üçünji şahslaryň hyýanatçylyklaryndan gorap saklaýarlar.

 

34 madda. Hossarlyk we howandarlyk organlary

 

1. Öz-özüňi dolandyryşyň ýerli organlary hossarlyk we howandarlyk organlarydyr, şol organlaryň ýok ilatly punktlarynda bolsa, etraplaryň ýa-da şäherleriň häkimleri hossarlyk we howandarlyk organlarydyr.

2. Sud fiziki şahsy kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky ýa-da onuň kämillik ukybyny çäklendirmek hakyndaky çözgüdiň kanuny güýje giren wagtyndan soň üç günüň dowamynda bu hakda, şonuň ýaly fiziki şahsyň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk organyna oňa hossarlyk ýa-da howandarlyk bellemek üçin habar bermäge borçludyr.

3. Hossarlyk-howandarlyk edilýänleriň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk organy olaryň hossarlarynyň we howandarlarynyň işine gözegçilik edýär.

 

35 madda.  Hossarlar we howandarlar

 

1. Diňe kämillik ýaşyna ýeten, özleriniňem kämillik ukyby bolan fiziki şahslar howandar we hossar bellenilip bilner. Ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen fiziki şahslar hossarlyga we howandarlyga bellenip bilinmez.

2. Hossar ýa-da howandar diňe onuň razyçylygy bilen bellenilip bilner. Şunda onuň ahlak sypatlary we beýleki şahsy sypatlary, hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetirmek ukyby, olar bilen hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç şahsyň arasynda dowam edýän gatnaşyklar, eger mümkin bolsa hossarlyk-howandarlyk edilýän şahsyň islegi hem nazara alynmalydyr.

3. Hossar ýa-da howandar hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç şahsyň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk organy tarapyndan bellenilýär, özem bu organ fiziki şahsa hossarlyk ýa-da howandarlyk bellemegiň zerurlygy özüne mälim bolan pursatyndan beýläk bir aýyň dowamynda belleýär. Üns berilmäge mynasyp ýagdaýlar bar mahalynda hossar ýa-da howandar hossaryň (howandaryň) ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk organy tarapyndan bellenilip bilner. Eger hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç şahsy bir aýyň dowamynda hossar ýa-da howandar bellenilmedik bolsa, onda hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetirmek wezipesi wagtlaýyn hossarlyk we howandarlyk organynyň üstüne ýüklenilýär.

Hossaryň ýa-da howandaryň bellenilmegi barada gyzyklanýan şahslar suda şikaýat edip biler.

4. Hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç bolan hem-de degişli ter-biýeçilik, kesel bejeriş edaralarynda, ilaty sosial taýdan goraýyş edaralarynda ýa-da şulara meňzeş beýleki edaralarda ýören ýa-da olara ýerleşdirilen fiziki şahslar üçin bu edaralar olaryň hossarlarydyr we howandarlarydyr.

 

36 madda. Hossarlaryň we howandarlaryň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi

 

1. Hossarlyk we howandarlyk borçlary mugt ýerine ýetirilýär. Hossarlar we howandarlar hossarlyk we howandarlyk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň ödelmegini talap etmäge haklydyrlar.

2. Kemala gelmedik fiziki şahslaryň hossarlary we howandarlary özleriniň hossarlyk-howandarlyk edýän şahslary bilen bile ýaşamaga borçludyrlar. Howandaryň özüniň on alty ýaşyna ýeten howandarlyk edilýäni bilen aýry ýaşamagyna hossarlyk we howandarlyk organynyň ygtyýar bermegi bilen ýol berilýär, ýöne munuň özi howandarlyk edilýäniň terbiýelenmegine hem-de onuň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyna ýaramaz täsir etmeli däldir.

Hossarlar we howandarlar özleriniň ýaşaýan ýeriniň üýtgändigi barada hossarlyk we howandarlyk organlaryna mälim etmäge borçludyrlar.

3. Hossarlar we howandarlar özleriniň hossarlyk-howandarlyk edilýän şahslaryny ekläp-saklamak hakynda, olara ideg edilmegini we olaryň keseliniň bejerilmegini üpjün etmek hakynda alada etmäge, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga borçludyrlar. Kemala gelmedikleriň hossarlary we howandarlary olary okatmak we terbiýelemek hakynda alada etmelidirler.

4. Şu maddanyň 3 punktunda görkezilen borçlar kämillik ukyby sud tarapyndan çäklendirilen kemala gelen fiziki şahslaryň howandarlarynyň üstüne ýüklenilmeýär.

5. Eger fiziki şahsyň spirtli içgileri ýa-da neşe maddalaryny kast bilen içmegi-çekmegi zerarly kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilmegine sebäp bolan esaslar aradan aýrylan bolsa, onda hossar ýa-da howandar özüniň hossarlyk-howandarlyk edýän şahsynyň kämillik ukyby bar diýlip ykrar edilmegini we özünden hossarlygyň ýa-da howandarlygyň aýrylmagyny suddan haýyş etmäge borçludyr.

 

37  madda. Hossarlyk-howandarlyk edilýäniň emlägine ygtyýar etmek

 

1. Hossar ýa-da howandar hossarlyk-howandarlyk edilýäniň girdejilerini, şol sanda şol fiziki şahsyň eýeçiligini dolandyrmakdan hossarlyk-howandarlyk edilýäne düşýän girdejileri diňe hossarlyk-howandarlyk edilýäniň bähbitleri üçin hem-de hossarlyk we howandarlyk organynyň deslap rugsat bermegi bilen harçlaýarlar, ýöne hossarlyk-howandarlyk edilýäniň özbaşdak ygtyýar etmäge haky bolan girdejileri muňa girmeýär.

Hossaryň ýa-da howandaryň hossarlyk-howandarlyk edilýäni ekläp-saklamak üçin, girdeji hökmünde şol şahsa düşýän puluň hasabyna zerur çykdajylary hossarlyk we howandarlyk organyndan deslap rugsat alman harç etmäge haky bardyr.

2. Hossarlyk-howandarlyk edilýän şahsyň emlägini eýeçiliginden aýyrmak, şol sanda çalyşmak ýa-da sowgat etmek barada, emlägi kireýine (kärendesine), mugt peýdalanmaga bermek ýa-da girew goýmak barada geleşikleri baglaşmaga, hossarlyk-howandarlyk edilýäne degişli hukuklardan ýüz dönderilmegine getirýän geleşikleri baglaşmaga, howandaryň bolsa muňa razylyk bermäge, hossarlyk-howandarlyk edilýäniň emlägini bölmäge ýa-da oňa düşýän paýdan bölüp almaga getirýän geleşikleri baglaşmaga, şonuň ýaly-da hossarlyk-howandarlyk edilýäniň emläginiň kemelmegine getirýän islendik beýleki geleşikleri baglaşmaga hossaryň hossarlyk we howandarlyk organyndan rugsat alman baglaşmaga haky ýokdur, howandaryň bolsa muňa razylyk bermäge haky ýokdur.

Hossarlyk-howandarlyk edilýäniň eýeçiligini dolandyrmagyň tertibi kanun arkaly kesgitlenilýär.

3. Hossaryň, howandaryň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we ýakyn garyndaşlarynyň hossarlyk-howandarlyk edilýän şahs bilen geleşik baglaşmaga emlägi howandarlyk-hossarlyk edilýäne sowgat etmek hökmünde ýa-da mugt peýdalanmaga berilmegi muňa girmeýär, şonuň ýaly-da hossarlyk-howandarlyk edilýän şahs bilen hossaryň ýa-da howandaryň ýanýoldaşynyň we olaryň ýakyn garyndaşlarynyň arasynda geleşikler baglaşylan ýa-da sud işleri alnyp barylan mahalynda hossarlyk-howandarlyk edilýäniň wekilçiligini etmäge haky ýokdur.

 

38 madda. Hossarlyk-howandarlyk edilýäniň, eýeçiligini ynançly dolandyrmak

 

1. Hossarlyk-howandarlyk edilýäniň gozgalmaýan emlägini we gozgalýan gymmatly emlägini hemişelik dolandyrmak zerur bolan mahalynda, hossarlyk-howandarlyk organy eýeçiligi ynançly dolandyrmak hakynda şol eýeçiligiň bu organ tarapyndan kesgitlenilen dolandyryjysy bilen şertnama baglaşýar. Şeýle halatda hossar ýa-da howandar hossarlyk-howandarlyk edilýäniň ynançly dolandyrmaga berilmedik emlägi barasynda öz ygtyýarlaryny saklap galýar.

Eýeçiligi dolandyryjy hossarlyk-howandarlyk edilýäniň eýeçiligini dolandyrmak baradaky ygtyýarlaryny amala aşyran mahalynda şu Kodeksiň 37 maddasynyň 2 we 3 punktlarynda göz öňünde tutulan kadalaryň güýji şol eýeçiligi dolandyryja degişli bolýar.

2. Hossarlyk-howandarlyk edilýäniň eýeçiligini ynançly dolandyrmak işi eýeçiligi ynançly dolandyrmak hakyndaky şertnamany ýatyrmak üçin kanunda göz öňünde tutulan esaslar boýunça, şonuň ýaly-da hossarlyk we howandarlyk bes edilen halatlarda bes edilýär.

 

39 madda. Hossarlary we howandarlary öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşatmak we çetleşdirmek

 

1. Hossarlyk we howandarlyk organy kemala gelmedik şahs özüniň ata-enelerine gaýtarylan ýa-da ol perzentlige alnan mahalynda hossary ýa-da ho-wandary öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadýar.

Hossarlyk-howandarlyk edilýän şahs degişli terbiýeleýiş, kesel bejeriş edarasyna, ilaty sosial taýdan goraýyş edarasyna ýa-da şuňa meňzeş başga edara ýerleşdirilen mahalynda, hossarlyk we howandarlyk organy, eger munuň özi hossarlyk-howandarlyk edilýän şahsyň bähbitlerine ters gelmeýän bolsa, ozal bellenilen hossary ýa-da howandary öz borçlaryny ýerine ýetirmekden bo-şadýar.

2. Esasly sebäpler bolanda (kesel mahalynda, emläk ýagdaýy üýtgän ýagdaýynda, hossarlyk-howandarlyk edilýän şahs bilen özara düşünişilmezlik ýüze çykan mahalynda we şulara meňzeş ýagdaýlarda), hossar ýa-da howandar öz haýyşy boýunça borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylyp bilner.

3. Hossar ýa-da howandar özüne ýüklenen borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmedik halatynda, şol sanda özüniň hossarlygyny ýa-da howandarlygyny betniýetli maksatlar üçin peýdalanan mahalynda, ýa-da hossarlyk-howandarlyk edilýän adamy gözegçiliksiz we zerur kömeksiz goýan mahalynda, hossarlyk we howandarlyk organy hossary ýa-da howandary bu borçlary ýerine ýetirmekden çetleşdirip biler hem-de günäkär şahsy kanunda bellenilen jogapkärçilige çekmek üçin zerur çäreleri görüp biler.

 

40 madda. Hossarlygyň we howandarlygyň bes edilmegi

 

1. Hossaryň, howandaryň ýa-da hossarlyk-howandarlyk organynyň arzasy boýunça kemala gelen fiziki şahslary kämillik ukyply diýlip ykrar etmek ýa-da şolaryň kämillik ukybyny çäklendirmegi ýatyrmak hakynda sud çözgüt çykaran halatlarynda şolara edilýän hossarlyk we howandarlyk bes edilýär.

2. Hossarlyk edilýän kiçi ýaşly çaga ýedi ýaşyna ýetenden soň, oňa hossarlyk etmek kesilýär, hossaryň borçlaryny amala aşyrýan şahs bolsa howandarlyk hakynda goşmaça karar çykarylmazdan, kemala gelmedigiň howandaryna öwrülýär.

3. Kemala gelmedik şahsa howandarlyk etmek işi şol şahs on sekiz ýaşyna ýetenden soň, oňa howandarlyk aýratyn karar çykarylman bes edilýär, şonuň ýaly-da ol nikalaşan mahalynda (23 maddanyň 2 punkty) we ol doly kämillik ukybyna kemala gelmänkä eýe bolan beýleki halatlarda hem howandarlyk bes edilýär.

 

41 madda. Kämillik ukyby bolan fiziki şahslara penakärlik

 

1. Saglyk ýagdaýy sebäpli öz hukuklaryny özbaşdak amala aşyrmagy we goramagy hem-de borçlaryny ýerine ýetirmegi başaryp bilmeýän kemala ýeten kämillik ukyply fiziki şahsyň haýyşy boýunça oňa penakärlik görnüşinde howandarlyk bellenilip bilner.

2. Kemala gelen kämillik ukyply fiziki şahsa howandar (kömekçi) diňe şol tarapyň razylygy bilen hossarlyk we howandarlyk organy tarapyndan bellenip bilner.

3. Kemala gelen kämillik ukyply howandarlyk edilýäne degişli emläge howandarlyk edilýän şahs bilen baglaşylan tabşyryk ýa-da ynançly dolandyryş şertnamasy esasynda howandar (kömekçi) ygtyýar edýär. Howandarlyk edilýän şahsy ekläp-saklamaga we onuň durmuş isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen durmuş geleşiklerini we beýleki geleşikleri howandarlyk edilýäniň razylygy bilen onuň howandary (kömekçisi) baglaşýar.

4. Kemala gelen kämillik ukyply fiziki şahs barada şu maddanyň 1 punktuna laýyklykda bellenilen penakärlik penakärlikde bolýan fiziki şahsyň talap etmegi boýunça bes edilýär.

Penakärlikde bolýan fiziki şahsyň howandary (kömekçisi) şu Kodeksiň 39 maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda öz üstüne ýüklenilen borçlary ýerine ýetirmekden boşadylýar.

 

42 madda.  Fiziki şahsy nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek

 

Eger fiziki şahsyň bolýan ýeri näbelli bolsa we bir ýylyň dowamynda onuň ýaşaýan ýerinde onuň bolýan ýeri hakynda maglumat bolmasa, gyzyklanýan şahslaryň arzasy boýunça sud tarapyndan şol fiziki şahs nam-nyşansyz giden diýip ykrar edilip bilner.

Giden şahs hakynda soňky maglumatlaryň alnan gününi takyklamak mümkin bolmadyk mahalynda, giden şahs hakyndaky soňky maglumatlaryň alnan aýynyň yzyndaky aýyň birinji güni ony nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek üçin möhleti hasaplap başlamak wagty diýlip hasap edilýär, bu aýy takyklamak mümkin bolmadyk mahalynda bolsa, indiki ýylyň birinji ýanwary gideni nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek üçin möhleti hasaplap başlamak wagty diýlip hasap edilýär.

 

43 madda. Fiziki şahsy nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmegiň netijeleri

 

1. Nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen fiziki şahsyň emlägi, şol emlägi hemişelik dolandyrmak zerurlygy bolanda suduň çözgüdi esasynda hossarlyk we howandarlyk organy tarapyndan kesgitlenilýän we ynançly dolandyrmak hakynda bu organ bilen baglaşylýan şertnama esasynda hereket edýän şahsa berilýär.

Bu emläkden nam-nyşansyz gideniň ekläp-saklamaga borçly şahslaryny ekläp-saklamak üçin serişde berilýär we nam-nyşansyz gideniň şahsyň beýleki borçnamalary barada bergisi üzülýär.

2. Hossarlyk we howaldarlyk organy gideniň bolýan ýeri hakyndaky maglumatlaryň alnan gününden beýläk bir ýyl geçmänkä hem onuň emlägini dolandyryjyny belläp biler.

3. Şahsy nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmegiň şu maddada göz öňünde tutulmadyk netijeleri kanun arkaly kesgitlenilýär.

 

44 madda. Fiziki şahsy nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek hakyndaky çözgüdiň ýatyrylmagy

 

Nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen fiziki şahs gelen ýa-da onuň bolýan ýeri tapylan mahalynda, sud ony nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek hakyndaky çözgüdi ýatyrýar. Suduň çözgüdi esasynda bu fiziki şahsyň emlägini dolandyrmak hem ýatyrylýar. Fiziki şahsyň hojalygyň degişli ýagdaýda ýöredilmegi netijesinde alnan peýdanyň öweziniň tölenmegini talap etmek hukugy ýokdur. Emma hojalygyň degişli däl ýagdaýda ýöredilmegi netijesinde ýüze çykan zyýanyň öwezini talap etmäge haky bardyr.

 

45 madda. Fiziki şahsy ölen diýip yglan etmek

 

1. Fiziki şahsyň bolýan ýeri hakynda onuň ýaşaýan ýerinde bäş ýyllap maglumat bolmadyk bolsa, sud ony ölen diýip yglan edip biler, eger oňa ölüm howpy salnan ýa-da ol belli bir betbagtçylykly hadysadan ýaňa heläk bolan diýip çak etmäge esas berýän ýagdaýlar mahalynda ol nam-nyşansyz ýiten bolsa, onda sud onuň bolýan ýeri hakynda onuň ýaşaýan ýerinde alty aýlap maglumat bolmadyk ýagdaýynda ony öldi diýip yglan edip biler.

2. Uruş hereketleri bilen baglanyşykly nam-nyşansyz ýiten harby gullukçy ýa-da beýleki fiziki şahs uruş hereketleriniň gutaran gününden beýläk azyndan üç ýyl geçeninden soň sud tarapyndan ölen diýlip yglan edilip bilner.

3. Fiziki şahsy ölen diýip yglan etmek hakynda suduň çözgüdiniň kanuny güýje giren güni ölen diýlip yglan edilen fiziki şahsyň ölen güni diýlip hasap edilýär. Fiziki şahsa ölüm howpy salnan ýa-da ol belli bir betbagtçylykly hadysadan ýaňa heläk bolan diýip çak etmäge esas berýän ýagdaýlar mahalynda nam-nyşansyz ýiten fiziki şahs ölen diýlip yglan edilen halatynda, sud onuň heläk bolandyr diýlip çak edilýän gününi bu fiziki şahsyň ölen güni diýip ykrar edip biler.

 

46 madda. Ölen diýlip yglan edilen fiziki şahsyň gelmeginiň netijeleri

 

1. Ölen diýlip yglan edilen fiziki şahs gelen ýa-da onuň bolýan ýeri tapylan mahalynda, sud ony ölen diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi ýatyrýar.

2. Özüniň haçan gelendigine garamazdan, fiziki şahs ölen diýlip yglan edilenden soň, öz emlägi kime mugt geçen bolsa, saklanyp galan emläginiň gaýtarylyp berilmegini şol şahsdan talap edip biler, ýöne şu Kodeksiň 211 maddasynyň 2 punktunda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

3. Ölen diýlip yglan edilen fiziki şahsyň emlägi mugt geleşikler boýunça özüne geçen şahslar, eger şol emlägi edinip ölen diýlip yglan edilen fiziki şahsyň diridigin olaryň bilendigi subut edilse, bu emlägi oňa gaýtaryp bermäge borçludyrlar. Şonuň ýaly emlägi bolşy ýaly görnüşinde gaýtaryp bermek mümkin bolmadyk mahalynda, onuň gymmaty tölenilýär.

4. Eger ölen diýlip yglan edilen şahsyň emlägi gazna geçirilen we gazna tarapyndan ýerleşdirilen bolsa, onda ölen diýip yglan etmek hakynda suduň çykaran çözgüdi ýatyrylandan soň, şol emlägi ýerleşdirmekden düşen pul bu şahsa bir aý möhletde gaýtarylyp berilýär.

 

47 madda. Graždan ýagdaýynyň aktlaryny bellige almak

 

1. Graždan ýagdaýynyň şu aşakdaky aktlary döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir:

a) dogluş;

b) nika baglaşmak;

w) nikany bozmak; .

g) çagany perzentlige almak;

d) atalygy takyklamak;

ýe) ady üýtgetmek;

j) fiziki şahsyň ölümi.

2. Graždan ýagdaýy aktlaryny hasaba almak graždan ýagdaýynyň aktlary hasaba alynýan kitaba (akt kitaplary) degişli ýazgylary girizmek we bu ýazgylar esasynda şahadatnamalar bermek arkaly graždan ýagdaýy aktlarynyň ýazgysyny geçirýän organlar tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Ýeterlik esas bar mahalynda we gyzyklanýan şahslaryň arasynda jedel ýok mahalynda graždan ýagdaýy aktlarynyň ýazgysyny geçirýän organ graždan ýagdaýy aktlarynyň ýazgylaryny düzedýär we üýtgedýär.

Gyzyklanýan şahslaryň arasynda jedel bar bolsa ýa-da ýazgyny dü-zetmekden ýa-da üýtgetmekden graždan ýagdaýy aktlarynyň ýazgysyny geçirýän organ ýüz dönderse, jedel sud tarapyndan çözülýär.

Graždan ýagdaýy aktlarynyň ýazgysyny geçirýän organ suduň kanuny güýje giren çözgüdi esasynda graždan ýagdaýy aktlarynyň ýazgysyny ýatyrýar we dikeldýär.

4. Graždan ýagdaýy aktlaryny bellige alýan organlar, bu aktlary bellige almagyň tertibi, graždan ýagdaýy aktlarynyň ýazgylaryny üýtgetmegiň, dikeltmegiň we ýatyrmagyň tertibi, akt kitaplarynyň we şahadatnamalaryň formalary, şonuň ýaly-da akt kitaplaryny saklamagyň tertibi we möhletleri kanun arkaly kesgitlenilýär.

 

2 BAP. ÝURIDIKI ŞAHSLAR

 

§ 1. Umumy düzgünler

 

48 madda. Ýuridiki şahs diýen düşünje

 

1. Eýeçiliginde aýrybaşga emlägi bolan we öz borçnamalary boýunça bu emläk bilen jogap berýän, öz adyndan emläk we emläkleýin däl şahsy hukuklary edinip hem-de amala aşyryp bilýän, borçlaryny çekip bilýän, sudda hak isleýji we jogap beriji bolup bilýän gurama ýuridiki şahs diýlip ykrar edilýär.

2. Döwlet ýuridiki şahs hökmünde graždan hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýar. Döwletiň ygtyýarlaryny onuň organlary amala aşyrýarlar.

Döwlet tarapyndan döredilen ýuridiki şahslar graždan hukuk gatnaşyklaryna umumy esaslarda gatnaşýarlar.

 

49 madda. Ýuridiki şahsyň hukuk ukyby

 

1. Telekeçi bolup durmaýan ýuridiki şahs maksatlaryna laýyk gelýän we öz dörediş dokumentlerinde göz öňünde tutulan işi amala aşyrmaga haklydyr:

Telekeçi ýuridiki şahsyň kanunda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmaga haky bardyr.

Ýuridiki şahslar işiň sanawy kanun arkaly kesgitlenilýän käbir görnüşlerini diňe ýörite ygtyýarnama (lisenziýa) esasynda amala aşyrmaga haklydyr. Ýuridiki şahsyň şonuň ýaly işi amala aşyrmak hukugy ygtyýarnamanyň alnan pursatyndan başlap ýüze çykýar.

2. Ýuridiki şahsyň hukuk ukyby şol tarapyň döwlet belligine alnan pursatyndan başlap ýüze çykýar we onuň ýatyrylmagyny bellige almagyň tamamlanylan pursatyndan ýatyrylýar.

3. Ýuridiki şahsyň diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde hukugy çäklendirilip bilner.

 

50 madda. Telekeçi ýuridiki şahslar

 

Özleriniň wezipesi peýda almak maksady bilen telekeçilik (kommersiýa) işinden ybarat bolan ýuridiki şahslar telekeçi ýuridiki şahslar bolup durýarlar. Telekeçi ýuridiki şahslar kanuna laýyklykda döredilýär.

 

51 madda. Telekeçi däl ýuridiki şahslar

 

1. Özleriniň wezipesi peýda almak maksady bilen telekeçilik (kommersiýa) işinden ybarat bolmadyk ýuridiki şahslar telekeçi däl ýuridiki şahslar bolup durýarlar. Kömekçi häsiýete eýe bolan telekeçilik işi telekeçi däl ýuridiki şahsyň häsiýetini üýtgetmeýär. Telekeçi däl ýuridiki şahslar jemgyýetçilik guramalary we fondlar görnüşinde döredilýär.

2. Eger birnäçe şahs özleriniň öňünde umumy maksady goýýan bolsa, özem ýuridiki şahsyň dowam etmegi onuň düzümindäki agzalaryň üýtgetmegine bagly bolmaýan bolsa, onda şeýle ýuridiki şahs jemgyýetçilik guramasy bolýar. Jemgyýetçilik  guramany döretmek  üçin azyndan agzalaryň bäşisi zerurdyr.

3. Döredijileriň biri ýa-da birnäçesi jemgyýet üçin umumy peýdaly maksady gazanmak üçin ýörite emlägini agzalary bolmadyk garaşsyz subýektiň eýeçiligine berýän mahalynda ýuridiki şahs fond bolýar.

 

52 madda. Ýuridiki şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy

 

1. Ýuridiki şahs kanunda kesgitlenýän tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmalydyr. Döwlet tarapyndan bellige alnyş maglumatlary, şol sanda kommersiýa guramalary üçin firmanyň ady ýuridiki şahslaryň Bitewi döwlet reýestrine girizilýär, bu reýester bolsa hemmeleriň tanyşmagy üçin açykdyr.

Ýuridiki şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň ret edilmegi, şonuň ýaly-da şu hili bellige alnyşdan boýun gaçyrylmagy barada suda şikaýat edilip bilner.

2. Ýuridiki şahs onuň döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan başlap döredilen diýlip hasap edilýär.

 

53 madda. Ýuridiki şahsyň dörediş dokumentleri

 

1. Ýuridiki şahs dörediş dokumentleri esasynda hereket edýär.

Ýuridiki şahsyň dörediş şertnamasy ony döredijiler (oňa gatnaşyjylar) tarapyndan baglaşylýar, ustawy bolsa olar tarapyndan tassyklanylýar.

Şu Kodekse laýyklykda bir dörediji tarapyndan döredilen ýuridiki şahs şol dörediji tarapyndan tassyklanylan ustaw esasynda hereket edýär.

2. Ýuridiki şahsyň ustawynda we beýleki dörediş dokumentlerinde ýuridiki şahsyň ady, onuň bolýan ýeri, ýuridiki şahsyň işini dolandyrmagyň tertibi kesgitlenmelidir, şonuň ýaly-da degişli görnüşdäki ýuridiki şahslar hakyndaky kanunda göz öňünde tutulan beýleki maglumatlar görkezilmelidir.

Taraplar (döredijiler) dörediş şertnamasynda ýuridiki şahsy döretmegiň we onuň işleýşiniň tertibini, oňa öz emlägiňi bermegiň we onuň işine gatnaşmagyň şertlerini kesgitleýärler. Şertnamada gazanylan peýdany we çekilen zyýany gatnaşyjylaryň arasynda paýlamagyň, ýuridiki şahsyň işini dolandyrmagyň, döredijileriň (gatnaşyjylaryň) onuň düzüminden çykmagynyň şertleri we tertibi hem kesgitlenilýär. Döredijileriň razyçylygy bilen dörediş şertnamasyna beýleki şertler hem girizilip bilner.

3. Dörediş dokumentlerindäki üýtgetmeler üçünji şahslar üçin döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan başlap güýje girýär, kanunda bellenilen halatlarda bolsa döwlet tarapyndan bellige almak işini amala aşyrýan organa bu üýtgetmeler hakynda mälim edilen, pursatyndan güýje girýär. Emma ýuridiki şahslaryň we olary döredijileriň (olara gatnaşyjylaryň) bu üýtgetmeleri nazara alyp hereket eden üçünji şahslar bilen bolan gatnaşyklarda şonuň ýaly üýtgetmeleriň bellige alynmandygyna salgylanmaga haky ýokdur.

 

54 madda. Ýuridiki şahsyň organlary

 

1. Ýuridiki şahs kanunlara we dörediş dokumentlerine laýyklykda hereket edýän öz orgaplarynyň üsti bilen graždan hukuklaryna eýe bolýar we öz üstüne graždan borçlaryny alýar. Ýuridiki şahsyň organlaryny bellemegiň ýa-da saýlamagyň tertibi1 kanunlar we dörediş dokumentleri arkaly kesgitlenilýär.

2. Kanuna ýa-da ýuridiki şahsyň dörediş dokumentlerine laýyklykda şol ýuridiki şahsyň adyndan çykyş edýän şahs özüniň wekilçilik edýän ýuridiki şahsyň bähbitleri üçin ak ýürekden we paýhasly hereket etmelidir.

 

55 madda. Ýuridiki şahsyň ady we bolýan ýeri

 

1. Ýuridiki şahsyň özüniň guramaçylyk-hukuk formasyny görkezýän öz ady bolýar.

2. Ýuridiki şahsyň administrasiýasynyň bolýan ýeri ýuridiki şahsyň bolýan ýeri diýlip hasap edilýär. Ýuridiki şahsyň bolýan ýeri (ýuridiki adresi) diňe ýeke bolup biler. Ýuridiki şahsyň başga bolýan ýeri filialyň bolýan ýeri diýlip hasap edilýär.

3. Ýuridiki şahsyň ady we bolýan ýeri onuň dörediş dokumentlerinde görkezilýär.

4. Kommersiýa guramasy bolup durýan ýuridiki şahsyň firma ady bolmalydyr.

Özüniň firma ady bellenilen tertipde bellige alnan ýuridiki şahsyň ony peýdalanmak barada aýratyn hukugy bardyr.

Firma atlaryny bellige almagyň we peýdalanmagyň tertibi şu Kodekse laýyklykda kanunlar arkaly kesgitlenilýär.

Kesekiniň bellige alnan firma adyny bikanun peýdalanýan şahs, şol firma ady baradaky hukuga eýe bolanyň talap etmegi boýunça ony peýdalanmagyny bes etmäge we ýetirilen zyýany tölemäge borçludyr.

 

56 madda. Wekillikler we filiallar

 

1. Ýuridiki şahsyň bolýan ýerinden daşarda ýerleşen hem-de ýuridiki şahsyň bähbitlerini goraýan we oňa wekilçilik edýän, onuň adyndan geleşikleri baglaşýan we beýleki ýuridiki hereketleri amala aşyrýan aýrybaşga bölümi wekillik hasaplanýar.

2. Ýuridiki şahsyň ýerleşýän ýerinden daşarda ýerleşen we onuň etmeli işleriniň, şol sanda wekilligiň etmeli işleriniň hemmesini ýa-da bir bölegini amala aşyrýan aýrybaşga bölümi filial hasaplanýar.

3. Wekillikler we filiallar ýuridiki şahs däldir. Olary döreden ýuridiki şahs olara emläk berýär we olar ýuridiki şahsyň tassyklan düzgünleri esasynda hereket edýärler.

Wekillikleriň we filiallaryň ýolbaşçylaryny ýuridiki şahs belleýär hem-de olar onuň ynanç haty esasynda işleýärler.

 

§ 2. JEMGYÝETÇILIK GURAMALARY WE FONDLAR

HAKYNDAKY UMUMY NORMALAR

 

57 madda. Jemgyýetçilik guramalary we fondlary bellige almak

 

1. Jemgyýetçilik guramalary we fondlar ýuridiki şahslar hökmünde öz işlerini bellige alnan pursatdan başlaýarlar. Jemgyýetçilik guramalaryny we fondlary Adalat ministrligi bellige alýar. Syýasy we beýleki jemgyýetçilik ähmiýetli maksatlar ugrunda aladalanýan jemgyýetçilik guramalaryny (syýasy partiýalar, dini guramalar, professional soýüzlar we ş. m.) bellige almagyň tertibi ýörite kanunlarda kesgitlenilýär.

2. Bellige almak talabyna bolan hukuk, eger ustaw kanunyň talaplaryna laýyk gelýän bolsa we bellige almak üçin hödürlenen ýuridiki şahsyň maksatlary ulanylyp gelýän kanunlara, ykrar edilen ahlak normalaryna ýa-da Türkmenistanyň konstitusion-hukuk prinsiplerine garşy gelmeýän bolsa, ulanylyp bilner. Fondlaryň emläginiň niýetölenilişi bellenilen maksatlara laýyk gelmelidir.

3. Bellige almak üçin ähli döredijiler we prawleniýe agzalary tarapyndan gol çekilen arza bilen ustaw zerurdyr.

4. Adalat ministrligi arzanyň berlen gününden beýläk bir aý möhlet içinde bellige almak hakynda karar çykarmalydyr.

5. Bellige almakdan ýüz dönderilmegi esaslandyrylan bolmalydyr, şikaýat etmek mümkinçiligini we munuň tertibini göz öňünde tutmalydyr. Bellige almakdan ýüz dönderilmegi barada suda şikaýat edilip bilner.

(2003-nji ýylyň 21-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 36- njy  madda)

 

58 madda. Jemgyýetçilik guramalarynyň we fondlaryň ustawy

 

1. Jemgyýetçilik guramalarynyň we fondlaryň guralyşy we düzümi ustaw arkaly düzgünleşdirilýär.

2. Ustawda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

a) işiň maksady;

b)  ady;

w) bolýan ýeri (ýuridiki adresi);

g) ýatyrmagyň we emlägi paýlamagyň tertibi;

d) prawleniýäniň ähli agzalarynyň atlary we familiýalary, olaryň doglan ýeri we wagty, ýaşaýan ýeri, prawleniýäniň mejlislerini bellemegiň we olarda karar kabul etmegiň tertibi;

e) jemgyýetçilik guramasynyň (fonduň) agzalarynyň ygtyýarlary.

3. Ustawda şu aşakdakylar hem görkezilip bilner:

a) beýleki dolandyryş we kontrollyk organlarynyň wezipeleri;

b) jemgyýetçilik guramasynyň agzalarynyň ýygnagynyň ygtyýarlary.

4. Şu maddanyň 2 punktunda görkezilen fonddan beýleki fondlar üçin ustawda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

a) peşgeşleriň iň az möçberi we görnüşi;

b) puly peýdalanmak baradaky görkezmeler.

5. Ustaw notarial tertibinde tassyklanmalydyr.

 

59 madda. Bellige alyş maglumatlary

 

1. Bellige almak işi şu aşakdaky maglumatlary öz içine alýar: ýuridiki şahsyň ady we onuň bolýan ýeri, onuň işiniň maksatlary, ustawyň kabul edilen wagty, döredijileriň şahsyýeti, prawleniýe agzalarynyň şahsyýeti we olaryň wekilçilik ygtyýarlarynyň mümkin bolaýjak çäklendirilmeleri.

2. Bellige alyş maglumatlary çap edilmelidir.

3. Islendik şahsyň reýestrdäki ýazgylar bilen tanyşmaga we ýazmaça göçürmeleri talap etmäge haky bardyr.

 

60 madda. Üýtgetmeleri bellige almak

 

Bellige alynmaly bolan faktlaryň üýtgemesi prawleniýe tarapyndan tassyklanylan formada haýal etmän Adalat ministrligine ýazylyp berilmelidir. Bu üýtgetmeler reýestre girizilýär we çap edilýär.

(2003-nji ýylyň 21-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 36- njy madda)

 

61 madda. Jemgyýetçilik guramalarynyň we fondlaryň işine döwlet kontrollygy

 

1. Jemgyýetçilik guramalarynyň we fondlaryň işiniň kanunylygyna döwlet kontrollygyny Adalat ministrligi amala aşyrýar.

2. Eger Jemgyýetçilik guramasy ýa-da fond esasan telekeçilik işine geçen bolsa ýa-da ustawda göz öňünde tutulan maksady amala aşyrmak mümkin bolmaýan bolsa, onda Adalat ministrligi bellige almagy ýatyrýar.

(2003-nji ýylyň 21-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 36- njy madda)

 

62 madda. Ýolbaşçylyk we wekillik

 

1. Prawleniýe agzalarynyň, aýry-aýry halatlarda bolsa ýörite wekilleriň ýolbaşçylyk etmäge hukugy bardyr. Munuň özi şonuň bilen birlikde olaryň borjy hem bolup durýar.

2. Ýolbaşçylyk etmegiň çäkleri jemgyýetçilik guramasynyň ýa-da fonduň maksatlaryna laýyklykda ustaw arkaly kesgitlenilýär.

3. Ustaw bir şahsyň işi özbaşdak alyp barmak ygtyýarlaryny göz öňünde tutup biler ýa-da iki, ýa birnäçe şahsyň bilelikde ýolbaşçylyk etmegini belläp biler.

4. Ustaw özüniň amala aşyrylmagy beýleki kontrollyk organlarynyň razylygyny almagy talap edýän hereketleriň sanawyny göz öňünde tutup biler.

 

63 madda. Üçünji şahslar bilen gatnaşyklarda prawleniýäniň ygtyýarlary

 

1. Prawleniýe üçünji şahslar bilen gatnaşyklarda jemgyýetçilik guramasyna ýa-da fonda wekilçilik edýär. Ustawda wekilçilik etmäge ygtyýarly edilen şahslaryň bir özüniň, olaryň birnäçesiniň bilelikde ýa-da hemmesiniň bilelikde hereket etjekdigi-etmejekdigi baradaky düzgünler görkezilmelidir.

2. Ustawda wekillikleriň ygtyýarlary çäklendirilip bilner. Bu çäklendirmeleriň diňe reýestrde bellige alnan mahalynda üçünji şahslar üçin güýji bardyr, ýöne bu çäklendirmeleri üçünji şahsyň bilen halatlary muňa girmeýär.

3. Ustaw jemgyýetçilik guramasynyň ýa-da fonduň ýörite wekiliniň bellenilmegini göz öňünde tutup biler. Ustaw şonuň ýaly wekilligiň ygtyýarlarynyň çäklerini we bu wekilligiň formasyny düzgünleşdirmelidir, bu hem bellige alynmalydyr.

 

64 madda. Jogapkärçilik

 

1. Jemgyýetçilkk guramasy we fond prawleniýe agzalarynyň ýa-da beýleki wekilleriň özleriniň üstüne ýüklenilen borçlary ýerine ýetiren mahalynda eden hereketleri netijesinde üçünji şahslara ýetirilen zelel üçin jogapkärçilik çekýärler, olaryň şol hereketleri bolsa ýetirilen zeleli tölemek borjuny döredýär.

2. Wekilçilige ygtyýarly edilen şahslar işi ynsap bilen alyp barmalydyrlar. Olar bu borjy bozan mahalynda ýetirilen zelel üçin jemgyýetçilik guramasynyň ýa-da fonduň öňünde jogapkärçilik çekýärler. Eger üçünji şahslaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin zeleli tölemek zerur bolsa, onda zeleli tölemekden ýüz dönderilmegi hakyky däldir.

3. Jemgyýetçilik guramasynyň ýa-da fonduň borçnamalary boýunça onuň agzalary jogapkärçilik çekmeýärler. Jemgyýetçilik guramasy bilen fond hem öz agzalarynyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýärler.

 

65 madda. Jemgyýetçilik guramasyny ýa-da fondy bes etmek we ýatyrmak

 

1. Jemgyýetçilik guramasy we fond ustawda göz öňünde tutulan halatlarda, maksada ýetilmegi ýa-da maksada ýetip bolmajagy, Adalat ministrliginiň bellige almagynyň ýatyrylmagy netijesinde ýatyrylýar we öz işini bes edýär.

2. Ýatyrylan mahalynda gündelik işler tamamlanylmalydyr, talaplar bellenilmelidir, galan emlägiň pul bahasy kesgitlenilmelidir, kreditorlar kanagatlandyrylmalydyr we galan emläk ygtyýarly şahslaryň arasynda paýlanylmalydyr.

3. Emlägi kabul etmäge ygtyýarly şahslar ustaw arkaly kesgitlenilip bilner. Şonuň ýaly kesgitlemäniň bolmadyk halatynda Adalat ministrligi özüniň makul bilşine görä, galan emlägi ýatyrylan jemgyýetçilik guramasynyňky ýa-da fonduňky ýaly maksady tutunýan bir ýa-da birnäçe jemgyýetçilik guramasyna ýa fonda berýär. Şonuň ýaly guramalar ýok bolsa, bu emlägi haýyr-sahawat guramasyna ýa-da döwlete bermek hakynda karar kabul edilip bilner.

4. Jemgyýetçilik guramasyny ýa fondy ýatyrmak hakyndaky habar çap edilmelidir. Emlägiň paýlanylmagyna şol habar çap edilenden diňe bir ýyl geçenden soň ýol berilýär.

5. Ýatyrmak işini prawleniýe amala aşyrýar. Aýratyn ýagdaýlar bolanda Adalat ministrligi başga ýatyryjylary belläp biler.Ýatyryjylar prawleniýäniň agzalary hökmünde jogapkärçilik çekýärler.

(2003-nji ýylyň 21-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 36- njy  madda)

 

§ 3. JEMGYÝETÇILIK GURAMALARY HAKYNDAKY ÝÖRITE NORMALAR

 

66 madda. Prawleniýe

 

1. Jemgyýetçilik guramasynyň prawleniýesi, eger ustawda başga hili bellenilmedik bolsa, agzalaryň umumy ýygnagy tarapyndan dört ýyl möhlet bilen saýlanylýar. Prawleniýäniň ygtyýarlary bu möhlet geçenden soň hem täze prawleniýe saýlanylýança dowam edýär.

2. Prawleniýäni saýlamak hakyndaky karar islendik wagt ýatyrylyp bilner. Prawleniýäni saýlamagyň ustaw arkaly ýatyrylmagy möhüm ýagdaýlaryň bolmagy bilen baglanyşykly bolup biler.

 

67 madda. Umumy ýygnak

 

1. Jemgyýetçilik guramasynyň agzalarynya umumy ýygnagy prawleniýe tarapyndan çagyrylýar. Ýygnak ustawda göz öňünde tutulan halatlarda ýa-da jemgyýetçilik guramasynyň bähbitleriniň talap edýän ýagdaýynda ýylda azyndan bir gezek çagyrylmalydyr. Mundan başga-da agzalaryň ondan bir böleginiň ýazmaça görnüşde we gün tertibini görkezmek bilen talap eden mahalynda hem ýygnak çagyrylmalydyr.

2. Ýygnak ähli agzalara ýygnaga azyndan iki hepde galanda ýazmaça habary ibermek arkaly ýa-da jemgyýetçilik guramasynyň metbugat organynda çap etmek arkaly çagyrylýar.

3. Agzalaryň ýygnagy prawleniýäniň ygtyýaryna girmeýän ähli meseleler boýunça karar kabul edýär. Onuň predmeti ýygnak çagyrylanda yglan edilen bolsa, diňe şonda hakykydyr.

4. Karar ýygnaga gatnaşýan agzalaryň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär, ustawy üýtgetmek hakyndaky karar bolsa sesleriň dörtden üç bölegine barabar köplügi bilen kabul edilýär. Jemgyýetçilik guramasynyň maksadyny üýtgetmek hakyndaky karar üçin ähli agzalaryň sesleriniň bäşden dört bölegine barabar köplügi zerurdyr. Ýygnaga gatnaşmaýan agzalar ses bermäge ýazmaça gatnaşyp bilerler.

 

68 madda. Komissiýalar

 

Agzalaryň ýygnagy ustawa laýyklykda komissiýalary döredip biler, ýygnaklaryň arasyndaky döwürde ýygnagyň borjy şol komissiýalara berlip bilner, aýratyn-da jemgyýetçilik guramasynyň işine kontrollyk etmek üçin berlip bilner. Diňe jemgyýetçilik guramasynyň agzalary komissiýanyň agzalary bolup bilerler.

 

69 madda. Ýörite organlar

 

Jemgyýetçilik guramasynyň wezipelerini amala aşyrmagyň barşynda maslahat bermek maksady bilen agzalaryň ýygnagy, eger ustawda göz öňünde tutulan bolsa, ýörite organlary (maslahat beriji geňeşi, kuratoriumy, administratiw geňeşi) döredip biler. Şunuň ýaly organlara jemgyýetçilik guramasynyň agzalary däl şahslar hem birleşdirilip bilner.

 

70 madda. Jemgyýetçilik guramasyna agzalyk

 

1. Jemgyýetçilik guramasynyň agzalygyna isleg bildirýäniň ýazmaça arzasy esasynda prawleniýe tarapyndan kabul edilýär.

2. Her bir agzanyň jemgyýetçilik guramasyndan çykmaga haky bardyr. Ustawda jemgyýetçilik guramasyndan çykmagyň belli bir möhleti göz öňünde tutulyp bilner, ýöne bu möhlet iki ýyldan köp bolmaly däldir. Möhüm ýagdaýlar sebäpli jemgyýetçilik guramasyndan çykylmagy ondan çykmak möhleti bilen çäklendirilip bilinmez.

3. Eger ustawda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, agzalyk beýleki şahslara berilmeýär we miras boýunça geçmeýär.

4. Düýpli esaslar bolanda agzalaryň umumy ýygnagy agzany jemgýetçilik guramasyndan çykaryp biler. Jemgyýetçilik guramasyndan çykarylan agzanyň bu karar barada suda şikaýat etmäge haky bardyr.

5. Eger jemgyýetçilik guramasy şoňa girmek isleýän üçin sosial, medeni wezipeleri ýa-da beýleki wezipeleri amala aşyranda möhüm borçlary ýerine ýetirýän bolsa, onda bu şahsyň jemgyýetçilik guramasynyň agzalygyna kabul edilmegini talap etmäge, eger munuň özi jemgyýetçilik guramasynyň esasy prinsiplerine garşy gelmeýän bolsa, hukugy bardyr.

 

§ 4. FONDLAR HAKYNDAKY ÝÖRITE NORMALAR

 

71 madda. Destinatorlar üçin fondlar

 

Fonduň maksady belli bir şahslary ýa-da şahslaryň anyk belli bir toparlaryny goldamakdan hem ybarat bolup biler. Fonduň emläginden paý almak hukugy bar bolan şahslaryň hemmesi (destinatorlar) prawleniýäniň ähli agzalarynyň razyçylygy bilen, eger munuň özi Adalat ministrligi tarapyndan goldanylsa, fondy ýatyryp biler ýa-da fonduň maksadyny üýtgedip biler. Galan emläk destinatorlaryň arasynda paýlanylýar.

(2003-nji ýylyň 21-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 36- njy  madda)

 

72 madda. Fonda wznos tölemegi üpjün etmek borçnamasy

 

1. Dörediji (döredijiler) fondy döretmek hakynda notarial tertipde tassyklanylan dokumentde fonduň maksadyna ýetmek üçin zerur bolan mukdardaky emlägi fonda bermek borçnamasyny öz üstüne almalydyr. Eger emläk ýeterlik bolmasa, onda fondy döretmäge ygtyýarnama bermekden ýüz dönderilmelidir.

2. Bellige alynmazdan öň islendik wagt emlägi bermekden ýüz döndermek bolar. Bellige alnandan soň bir aýyň dowamynda emläk doly suratda berilmelidir, şeýle edilmese bellige alynma güýjüni ýitirýär.

3. Fonduň maksatlary, eger ustawda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, emläkden alnan girdejileriň hasabyna maliýeleşdýrilmelidir. Eger belli bir wagtyň dowamynda bu girdejiler ýeterlik bolmasa, onda fonduň işi degişli suratda kemeldilmelidir ýa-da togtadylmalydyr, girdejiler bolsa emlägiň üstüne goşulmalydyr.

4. Fonduň emläginiň ýagdaýy barada her ýyl degişli formada hasabat düzülmelidir.

 

73 madda. Gözegçilik organy

 

1. Ustawda prawleniýäniň we ýörite wekilleriň ýerine ýetirmeli borçlaryny bellemek, olary yzyna çagyrmak hem-de olara kontrollyk etmek maksady bilen gözegçilik organyny (kuratoriumy) döretmek göz öňünde tutulyp bilner, onuň agzalaryny bolsa fondy döredijiler çagyrýarlar. Döredijiler aradan çykandan soň, gözegçilik organynynyň düzüminiň üsti destinatorlaryň karary bilen ýa-da ustawda kesgitlenilen  tertipde täze  agzalar bilen doldurylyp (kooptasiýalanyp) bilner.

2. Ähli beýleki halatlarda Adalat ministrligi fonduň kanunlara we ustawa laýyklykda dolandyrylmagy üçin kontrollyk edýär. Adalat ministrligi fonduň işi hakynda islendik wagt maglumat alyp biler we fonduň dokumentlerini barlap biler.

3. Gözegçilik organy prawleniýäniň kararlaryny we çärelerini kanuna ýa-da ustawa garşy gelýän bolsa, togtadyp biler, olary güýjüni ýitiren diýip yglan edip  biler ýa-da olaryň ýatyrylmagyny talap edip biler.

4. Gözegçilik organy prawleniýäniň we beýleki organlaryň ýerine ýetirmeli borçlarynyň ustawa laýyk gelmegini üpjün edýär. Eger ustaw bu gatnaşyklary ýeterlik düzgünleşdirmeýän bolsa, onda bu organ goşmaça görkezmeleri berip biler.

(2003-nji ýylyň 21-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 36- njy  madda)

 

74 madda. Fonduň maksadyny üýtgetmek

 

Eger bellenilen maksada destinatorlarsyz ýetmek mümkin bolmasa ýa-da fondy ýatyrmak üçin başga esas bar bolsa, Adalat ministrligi, eger bu barada ustawda degişli düzgünler göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýatyrmagyň deregine maksady üýtgetmegi talap edip biler ýa-da ilkibaşdaky maksat bilen meňzeşligi saklap galmak üçin ony beýleki fondlar bilen birleşdirip biler. Eger döredijileriň iň bolmanynda biri diri bolsa, onuň razyçylygy zerurdyr.

(2003-nji ýylyň 21-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., № 4, 36- njy  madda)

 

3. BÖLÜM. GELEŞIKLER WE WEKILLIK

 

1 BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

75 madda. Geleşikler diýen düşünje we olaryň görnüşleri

 

1. Graždan hukuklaryny we borçlaryny bellemäge, üýtgetmäge ýa-da bes etmäge gönükdirip, fiziki we ýuridiki şahslaryň öz erk-islegini bildirmegi geleşik hasaplanýar.

2. Geleşikler bir taraplaýyn we iki ýa-da köp taraplaýyn şertnamalar bolup biler.

Bir taraplaýyn geleşik diňe kanunda ýa-da şol şahslar bilen ylalaşykda bellenilen halatlarda beýleki şahslar üçin borçlary döredip biler.

 

76 madda. Erk-islegi bildirmegiň hakykylygy

 

1. Beýleki şahs babatda erk-islegiň bildirilmegi, eger ol soňky ýok mahalynda bitirilen bolsa, munuň özi beýleki şahsa ýeten pursatyndan başlap hakyky diýlip hasap edilýär.

2. Eger beýleki şahs özüniň bildirilýän erk-islegden ýüz dönderýändigini deslapdan ýa-da bada-bat aýtsa, erk-islegiň bildirilmegi hakyky diýlip hasap edilmeýär.

3. Geleşigi baglaşan erkini beýan eden şahsyň aradan çykmagy ýa-da onuň kämillik ukybyny ýitirmegi erk-islegi bildirmegiň hakykylygyna, eger bu wakalar erk-isleg bildirilenden soň ýüze çykan bolsa täsir edip bilmez.

 

77 madda. Erk-islegiň bildirilmegine düşündiriş bermek

 

Erk-islegiň bildirilmegine düşündiriş berlende, şonuň diňe sözme-söz manysyna däl-de, paýhasly maslahatlaşmak netijesinde hakyky manysyna eýermek zerurdyr.

 

78 madda. Erk-islegiň mazmunyny belli etmegiň mümkin däldigi

 

Eger erk-islegiň mazmunyny daşky aňladylmasy boýunça we beýleki ýagdaýlar boýunça hem anyk takyklap bolmasa, onda geleşigiň bolmadygy hasaplanýar.

 

79 madda. Hukuk tertibiniň we ahlaklylygyň esaslaryna garşy gelýän geleşigiň hakyky däldigi

 

Kanunda bellenilen kadalaryň bozulmagy bilen baglaşylan hem-de jemgyýetçilik bähbitlerine, ahlak normalaryna garşy gelýän geleşik hakyky däldir.

 

80 madda. Öz ýagdaýyny hyýanatlykly peýdalanylmagy zerarly geleşigiň hakyky däldigi

 

Eger geleşikde tabşyrygyň kesgitlenilişi ýaly ýerine ýetirilişi bilen onuň ýerine ýetirilmegi üçin göz öňünde tutulan hakyň arasynda göz-görtele nälaýyklyk bar bolsa we eger geleşik diňe taraplaryň biriniň bazarda öz artykmaç ýagdaýyny hyýanatly ulanandygy ýa-da beýleki tarapyň ýagdaýynyň agyrlygyndan, ýa onuň tejribesizliginden peýdalanandygy netijesinde baglaşylan bolsa, onda şol geleşik hakyky däl diýlip hasap edilip bilner.

 

81 madda. Ýalan we galp geleşikleriň hakyky däldigi

 

1. Geleşige laýyk gelýän hukuk netijelerini döretmekçi bolman, diňe göz üçin baglaşylan geleşik (ýalan geleşik) hakyky däldir.

2. Eger başga bir geleşigi ýalan geleşik baglaşmak arkaly (galp geleşik) perdelemek isleýän bolsa, onda perdelenilýän geleşige degişli gelýän kadalar ulanylýar.

 

82 madda. Çynlakaý maksadyň ýokdugy

 

1. Çynlakaý maksatsyz we şeýle maksadyň ýokdugy bilinmez öýdülip amala aşyrylan erk-isleg hakyky däldir.

2. Şahs babatda erk-isleg amala aşyrylanda, eger şahs maksadyň çynlakaý däldigini bilmedik we bilip-de bilmejek bolsa, şahsa erk-islege ynanmagy netijesinde ýüze çykan zyýanyň öwezi tölenilmelidir.

 

83 madda. Erk-islegiň biderekdigi

 

1. Kämillik ukyby ýok şahsyň erk-islegi biderekdir.

2. Şahsyň huşy ýiten ýa-da waglaýyn psihiki taýdan näsaglan mahalynda erk-islegiň amala aşyrylmagy biderekdir.

3. Dälilik keseli bolan şahs kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilmedik mahalynda hem onuň erk-islegi biderekdir.

 

84 madda. Bellenilen formanyň bozulmagy bilen baglaşylan geleşigiň hakyky däldigi

 

1. Kanun tarapyndan bellenilen forma bozulyp baglaşylan geleşik hakyky däldir. Geleşigiň özüniň şertleri bilen bellenen formanyň berjaý edilmezligi şübhe döreden mahalynda geleşigiň hakyky bolmazlygyna eltýär.

2. Eger geleşik dawa döredýän bolsa, dawalaşylýar, onda şeýle geleşik özüniň baglaşylan pursatyndan başlap hakyky däldir. Şertnama gatnaşýan beýleki tarap barasynda dawalaşýar.

3. Gyzyklanýan islendik şahsyň dawalaşmaga hukugy bardyr.

 

85 madda. Geleşigiň konwersiýasy

 

Eger hakyky däl geleşik beýleki geleşik üçin göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelýän bolsa, eger geleşigiň hakyky däldigini bilenden soň, taraplar bu geleşigiň hakyky geleşik bolmagyny isleýän bolsalar, onda soňky geleşik ulanylýar.

 

86  madda.  Geleşigiň hakyky däldigini tassyklamak

 

1. Hakyky däl geleşigi baglaşan şahs bu geleşigi tassyklaýan bolsa, onda onuň tassyklamasyna geleşigi täzeden baglaşylan hökmünde garalýar.

2. Eger geleşik barada dawa gozgamak hukugyna eýe bolan şahs ony tassyklaýan bolsa, onda dawa ýol berilmeýär.

3. Eger taraplaryň ikisi-de hakyky däl geleşigi tassyklaýan bolsa, onda şübhe dörän mahalynda, olar geleşik ilkibaşdan hakyky geleşik bolýan bolsa, şonda bolmalysy ýaly özlerine degişli bolan zatlaryň hemmesini biri-birine bermäge borçludyrlar.

4. Eger geleşik hukuk tertibiniň we ahlaklylygyň talaplaryna garşy gelmeýän bolsa, diňe şonda tassyklaýyş hakyky bolýar.

 

87 madda.  Geleşigiň bir böleginiň hakyky däldigi

 

1. Geleşigiň bir böleginiň hakyky däldigi onuň beýleki bölekleriniň, eger geleşik hakyky däl böleksiz hem baglaşylardy diýlip çak etmek mümkin bolan bolsa, hakyky bolmazlygyna getirmeýär.

2. Eger geleşigiň bölekleriniň biri şertnamalaryň standart şertlerine degişli bolsa we olar hakyky bolmasa ýa-da şertnamanyň ýöntemje düzüm bölekleri bolýan bolsa, onda şertnama tutuşlygyna hakyky şertnama  bolup galýar.

 

2 BAP. KÄMILLIK UKYBY GELEŞIGIŇ HAKYKYLYGYNYŇ

ŞERTIDIR

 

88 madda. Kemala gelmedigiň baglaşan geleşiginiň hakykylygy

 

1. Eger kemala gelmedik şahs kanuny wekiliň hökmany razyçylygy bolmazdan, şertnamany baglaşýan bolsa, şertnamanyň hakykylygy onuň wekiliniň soňra muny makullaýşyna baglydyr, kemala gelmedik şahsyň peýda görýän halatlary muňa girmeýär.

2. Eger kemala gelmedik şahs doly kämillik ukyply bolup ýetişse, onda özüniň bildirýän erk-isleginiň hakykylygy hakyndaky meseläni onuň özi çözýär.

 

89 madda. Kemala gelmedik şahsyň baglaşan şertnamasyndan ýüz dönderilmegi

 

1. Kemala gelmedik şahs tarapyndan baglaşylan şertnama makullanylýança, beýleki tarapyň şertnamadan  ýüz döndermäge hukugy bardyr.

2. Eger beýleki tarap şertnama baglaşan şahsyň kemala gelmedigini bilen bolsa, onda ol muňa wekiliň razyçylygy bar diýip tassyklap, özüni kemala gelmedik ýalňyşdyran halatynda, diňe şeýle halatda şertnamadan ýüz dönderýändigini aýdyp biler.

 

90 madda. Kemala gelmedik şahsyň hukuga eýe bolmagy

 

1. Eger şertnamada göz öňünde tutulan hereketleri ýerine ýetirmek üçin kemala gelmedik şahs kanuny wekiliň özüne beren ýa-da bu wekiliň razyçylygy bilen şol maksatlar üçin ýa-da erkin ygtyýar etmek üçin üçünji şahslarynyň özüne beren serişdelerine ygtyýar eden bolsa, onda kanuny wekiliň razyçylygyny alman, kemala gelmedik şahsyň baglaşan şertnamasy hakyky diýlip hasap edilýär.

2. Eger kanuny wekil kärhana garaşsyz ýolbaşçylyk etmek ýa-da zähmet gatnaşyklaryna garaşsyz girmek hukugyny kemala gelmedik şahsa berýän bolsa, onda bu ugurlar üçin adaty bolan gatnaşyklarda ol kämillik ukyply adam bolýar. Bu kadalar kärhana döredilen mahalynda hem, ony ýatyrmak we zähmet gatnaşyklaryna başlamak ýa-da ony tamamlamak dogrusynda hem ulanylýar.

3. Kärhana ýolbaşçylyk etmek rugsatnamasy kanuny wekiliň hossarlyk we howandarlyk organlary bilen ylalaşylan razyçylygyny talap edýär.

 

91 madda. Kanuny wekiliň hökmany razyçylygyny alman baglaşylan geleşigiň hakyky däldigi

 

1. Kanuny wekiliň şoňa zerur razyçylygy bolmazdan, kemala gelmedik şahsyň bir taraplaýyn baglaşan geleşigi hakyky däldir.

2. Şonuň ýaly geleşik, eger kanuny wekiliň razyçylygy bar bolup, emma kemala gelmedik şahs muny tassyklaýan ýazmaça dokumenti getirip bermedik bolsa, şol zerarly hem geleşik baglaşylýan tarap bu geleşikden derrew ýüz dönderen bolsa hem hakyky däldir. Eger kanuny wekiliň bu baradaky razyçylygy beýleki tarapa mälim edilen bolsa, onda şunuň ýaly ýüz dönderilmegine ýol berilmeýär.

 

92 madda. Kämillik ukyby çäklendirilmezden öň baglaşylan geleşige rugsadyň zerurlygy

 

Kämillik ukyby çäklendirilmezden öň baglaşylan geleşige, eger kämillik ukybyny çäklendirmek üçin esasyň geleşik baglaşylan wagtynda hem mese-mälim belli bolandygy takyklanylsa, rugsat talap edilýär.

 

3 BAP.  GELEŞIGIŇ FORMASY

 

93 madda. Formany berjaý etmek geleşigiň hakykylygynyň şertidir

 

Geleşigiň hakyky bolmagy üçin kanun tarapyndan bellenilen formanyň berjaý edilmegi zerurdyr. Eger şonuň ýaly forma bellenilmedik bolsa, onda taraplaryň özi formany kesgitläp biler.

 

94 madda.  Geleşigiň formasy

 

1. Geleşigiň hakyky bolmagy üçin ýönekeý ýazmaça formada baglaşylan geleşige gatnaşýan şahslaryň gollary ýeterlikdir.

2. Gollary dikeltmäge, gaýtalamaga we mehaniki serişdeleriň kömegi bilen ýaňadan nusgasyny almaga hususan-da köp mukdarda çykarylýan gymmatly kagyzlardaky gollar barada, bularyň adat bolup galan ýerlerinde ýol berilýär.

3. Eger geleşigiň formasy ony notarial tertipde baglaşmagy talap edýän bolsa, onda geleşik baglaşylan mahalynda notarius ýa-da kanunda göz öňünde tutulan beýleki şahs bolmalydyr.

 

95 madda. Gol çekmegi başga şahsa ynanmak

 

Sowatsyzlygy, synasynda ýetmezi ýa-da keselliligi zerarly geleşige hut öz eli bilen gol çekip bilmeýän şahs geleşige gol çekmegi başga şahsa ynanyp biler. Onuň goly resmi suratda tassyklanylmalydyr. Şunda geleşigi baglaşan şahsyň şol geleşige näme üçin hut özüniň gol çekip bilmändiginiň sebäbi görkezilmelidir.

 

96 madda. Birnäçe dokumenti düzmek bilen geleşik baglaşmak

 

Eger geleşik baglaşylan mahalynda birmeňzeş mazmunly birnäçe dokument düzülen bolsa, onda degişli tarap üçin niýetlenilen ekzemplýara her bir tarapyň gol çekmegi ýeterlikdir.

 

4 BAP. DAWALY GELEŞIKLER

 

§ 1. PIKIRI BULAŞDYRMAK TÄSIRI BILEN BAGLAŞYLAN GELEŞIKLER

 

97 madda. Düşünje

 

Eger erk-islegiň bildirilmegi pikiriň düýpli bulaşdyrylmagy esasynda amala aşyrylan bolsa, onda geleşik babatda dawalaşyp bolar.

 

98 madda. Pikiriň düýpli bulaşdyrylmagy

 

Şu aşakdaky ýagdaýlarda pikir düýpli bulaşdyrylan diýlip hasap edilýär:

a) şahs özüniň razyçylyk beren geleşigini däl-de, eýsem başga geleşigi baglaşmak islän mahalynda;

b) şahs özüniň baglaşmak islän geleşiginiň mazmunynda ýalňyşýan bolsa;

w) taraplaryň ak ýüreklilik ýörelgelerinden ugur alyp, geleşik üçin esas hökmünde garamaly bolan ýagdaýlar ýok bolsa.

 

99 madda. Erk-islegiň mazmuny barasynda pikiri bulaşdyrmak

 

Graždan dolanyşygynda düýpli diýlip hasaplanylýan şahs häsiýetlerine ýa-da zatlara degişli pikiriň bulaşdyrylmagy erk-islegiň mazmuny barasyndaky pikir bulaşdyrylmasy diýlip ykrar edilýär.

 

100 madda. Geleşigiň sebäbindäki pikir bulaşdyrma

 

Geleşigiň sebäbi ylalaşygyň düýp mazmuny bolup durmaýan bolsa, onda geleşigiň sebäbindäki pikir bulaşdyrma pikiriň düýpli bulaşdyrylmagy hasap edilmeýär.

 

101 madda. Hukukdaky pikir bulaşdyrma

 

Hukukdaky pikir bulaşdyrma geleşik baglaşylan mahalynda ýeke-täk we düýp esas bolan halatynda, diňe şeýle halatda ol pikiriň düýpli bulaşdyrylmagy hasaplanýar.

 

102 madda. Kontragentiň geleşige razyçylygy

 

Eger beýleki tarap geleşik barada dawalaşmakçy bolýan tarapyň islegine laýyklykda geleşigi ýerine ýetirmäge razy bolsa, onda pikir bulaşdyrmagyň täsiri bilen erk-islegiň bildirilmegi barada dawalaşylyp bilinmez.

 

103 madda. Ownuk ýalňyşlyklar

 

Hasapda ýa-da erk-islegiň ýazmaça görnüşde bildirilmeginde ýol berlen ownuk ýalňyşlyklar dawalaşmaga däl-de, düzetmäge hukuk berýär.

 

104 madda. Dawalaşmagyň hakykydygy

 

1. Eger dawalaşmak üçin esasyň mälim bolan pursatyndan başlap, ol bir aý möhlet içinde amala aşyrylan bolsa, diňe şonda ol hakykydyr.

2. Eger geleşik barada dawalaşylan bolsa we dawalaşmak hukugy bolan şahsyň geleňsizligi sebäpli pikir bulaşdyrylan bolsa, onda ol geleşigiň hakyky däldigi zerarly ýetirilen zeleli beýleki tarapa tölemäge borçludyr. Eger beýleki tarap pikiriň bulaşdyrylmagyny bilen bolsa ýa-da özüniň geleňsizligi zerarly munuň özi oňa mälim bolmadyk bolsa, onda zeleli tölemek borjy ýüze çykmaýar.

 

105 madda. Araçynyň (dellalyň) ýalňyşlygy zerarly pikiriň bulaşdyrylmagy

 

Erk-islegiň bildirilmegini araçy hökmünde hereket eden şahs nädogry habar beren bolsa, onda şol erk-islegiň bildirilmegi barada şu Kodeksiň 98 maddasyna laýyklykda pikiri bulaşdyrmagyň täsiri bilen baglaşylan geleşikdäki ýaly esaslar boýunça dawalaşylyp bilner.

 

§ 2. Aldaw arkaly baglaşylan geleşikler

 

106 madda. Düşünje

 

1. Aldaw arkaly erk-isleg bildirmäge mejbur edilen şahs şol geleşigi hakyky däl diýip ykrar etmegi talap etmäge haklydyr. Munuň özi aldanylmasa geleşigiň baglaşylyp bilinmejekdigi aýdyň bolan mahalynda şeýdilýär.

2. Eger beýleki tarapyň öz erk-islegini bildirjek ýagdaýlar ýüze çykanda taraplaryň biri bu barada erkini beýan etmedik bolsa, onda soňky tarap geleşigi hakyky däl diýip ykrar etmegi talap edip biler. Beýleki tarapyň şol ýagdaýlaryň yglan edilmegine diňe ak ýüregi bilen garaşan halatynda, şol ýagdaýlary yglan etmek borjy ýüze çykýar.

 

107 madda. Aldaw arkaly baglaşylan geleşigiň hahyky däldigini ykrar etmek

 

Aldaw arkaly baglaşylan geleşigi hakyky däl diýip ykrar etmek üçin nädogry maglumatlary habar beren tarapyň haýsydyr bir peýda görmegi ýa-da beýleki tarapa zelel ýetirmegi maksat edinendiginiň ähmiýeti ýokdur.

 

108 madda. Üçünji şahsyň aldamagy

 

Üçünji şahs aldan mahalynda, eger bu geleşikden peýda görýän şahs şol aldawy bilen ýa-da bilmeli bolan halatynda geleşigi hakyky däl diýip ykrar etmegi talap etmek bolar.

 

109 madda. Dawalaşmagyň möhleti

 

Geleşik barada bir ýylyň dowamynda dawalaşylyp bolar. Bu möhlet dawalaşmaga hakly şahsyň dawalaşmak üçin esaslaryň bardygyny bilen pursatyndan hasaplanyp başlanýar.

 

§ 3. Zorluk etmegiň ýa-da zorluk haýbatyny atmagyň täsiri bilen baglaşylan geleşikler

 

110 madda. Düşünje

 

Geleşik baglaşan şahs barasynda zorluk edilmegi ýa-da zorluk haýbatynyň atylmagy üçünji şahsdan çykan mahalynda hem bu zorluk ýa-da zorluk haýbaty geleşigiň hakyky däl diýlip ykrar edilmegini talap etmäge geleşik baglaşan şahsa hukuk berýär.

 

111 madda. Zorluk etmegiň ýa-da zorluk haýbatyny atmagyň häsiýeti

 

1. Öz häsiýeti boýunça şahsa täsir edip biljek we onuň hut özüne ýa-da onuň emlägine hakyky howpuň abanýandygyna ony ynandyryp biljek ýagdaýynda edilen zorluk ýa-da zorluk haýbatyny atmak geleşigiň hakyky bolmazlygyna getirýär.

2. Zorluk etmegiň ýa-da zorluk haýbatyny atmagyň häsiýetine baha berlende şol şahsyň ýaşyny we aýal-erkekligini, durmuş ýagdaýlaryny nazara almak gerek.

 

112 madda. Ýakyn garyndaşlar barasynda zorluk etmek ýa-da zorluk haýbatyny atmak

 

Taraplaryň biriniň ýanýoldaşyna, beýleki maşgala agzalaryna ýa-da ýakyn garyndaşlaryna garşy gönükdirilip edilen zorluk ýa-da zorluk haýbatyny atmak hem geleşigi hakyky däl diýip ykrar etmegi talap etmek üçin esas bolýar.

 

113 madda. Kanuny serişdeleri ulanyp zorluk etmek ýa-da zorluk haýbatyny atmak

 

Şu Kodeksiň 110 - 112 maddalarynyň ýokarda beýan edilen kadalaryna düşünmekde, hiç bir kanuna garşy maksatlar bilen, hiç bir kanuna garşy serişdeleri ulanmak bilen amala aşyrylmaýan şeýle hereketler zorluk etmek ýa-da zorluk haýbatyny atmak diýlip hasap edilmeýär, ýöne serişde bilen maksadyň bir-birine laýyk gelmeýän halatlary muňa girmeýär.

 

114 madda. Dawalaşmak möhleti

 

Zorluk etmegiň ýa-da zorluk haýbatyny atmagyň täsiri bilen baglaşylan geleşik barada edilen zorlugyň ýa-da zorluk haýbatyny atmagyň tamamlanan pursatyndan beýläk bir ýylyň dowamynda dawalaşylyp bilner.

 

5 BAP. ŞERTLI BAGLAŞYLAN GELEŞIKLER

 

115 madda. Düşünje

 

Geleşigi ýerine ýetirmegiň näbelli waka ýüze çykýança gaýra goýulmagy bilen ýa-da bu waka ýüze çykandan soň geleşigiň bes edilmegi bilen baglanyşyklylykda hukuklaryň ýa-da borçlaryň ýüze çykmagy geljekde garaşylýan, özem näbelli bolan wakanyň ýagdaýlaryna bagly edilip goýulýan mahalynda şol geleşik şertli baglaşylan geleşik diýlip hasap edilýär.

 

116 madda. Hukuk tertibiniň esaslaryna garşy gelýän şertiň ýa-da ahlaksyzlyk şertiniň hakyky däldigi

 

Hukuk tertibiniň esaslaryna we ahlak normalaryna garşy gelýän ýa-da ýerine ýetirmek mümkin bolmadyk şert hakyky däldir. Haýsydyr bir şonuň ýaly şerte bagly bolan geleşik bütinleý hakyky däldir.

 

117 madda. Erk-islege bagly şert

 

Özüniň ýüze çykmagy ýa-da ýüze çykmazlygy geleşikdäki taraplara bagly bolan şert erk-islege bagly şert diýlip hasap edilýär. Şunuň ýaly şert bilen baglaşylan geleşik hakyky däldir.

 

118 madda. Oňaýly şertler

 

1. Eger geleşik haýsydyr bir waka belli bir möhletde ýüze çykar diýen şert bilen baglaşylan bolsa, özem bu möhlet geçen bolsa, şol waka-da ýüze çykmadyk bolsa, bu şert güýjüni ýitiren diýlip hasap edilýär.

2. Eger möhlet kesgitlenilmedik bolsa, onda şert islendik wagt ýerine ýetirilip bilner. Bu şert wakanyň ýüze çykmagynyň indi mümkin däldigi aýdyň bolan mahalynda güýjüni ýitiren diýlip hasap edilip bilner.

 

119 madda. Oňaýsyz şertler

 

1. Eger geleşik haýsydyr bir waka belli bir möhletde ýüze çykmaz diýen şert bilen baglaşylan bolsa, onda bu şert şol möhlet gutarýança bu wakanyň ýüze çykmagynyň mümkin däldigi aýdyň bolup duran mahalynda hem ýerine ýetirilen diýlip hasap edilýär.

2. Eger möhlet kesgitlenilmedik bolsa, onda bu şert wakanyň ýüze çykmajakdygy diňe aýdyň bolan mahalynda ýerine ýetirildi diýlip hasap edilýär.

 

120 madda. Şertiň ýüze çykmagyna täsir etmäge ýol bermezlik

 

1. Belli bir şert bilen geleşik baglaşan şahsyň öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegine päsgel berip biljek haýsy-da bolsa bir hereketi şol şert ýüze çykýança amala aşyrmaga haky ýokdur.

2. Eger şert belli bir möhletde ýüze çykýan we şol şahs şonuň ýaly hereketi eýýäm ýerine ýetiren bolsa, ol şu hereket zerarly ýeten zeleliň öwezini beýleki tarapa tölemäge borçludyr.

 

121 madda. Gaýra goýulýan şert bilen baglaşylýan geleşik

 

Eger geleşikde göz öňünde tutulan hukuklaryň ýa-da borçlaryň ýüze çykmagy geljekde garaşylýan, özem näbelli bolan waka ýa-da eýýäm ýüze çykan, ýöne taraplara entek mälim bolmadyk waka bagly bolsa, onda geleşik gaýra goýulýan şert bilen baglaşylan geleşik diýlip hasap edilýär.

 

122 madda. Ýatyrylýan şert bilen baglaşylýan geleşik

 

Eger ýatyrylýan şertiň ýüze çykmagy geleşigiň bes edilmegine getirýän bolsa we geleşik baglaşylmazyndan öň dowam eden ýagdaýy dikeldýän bolsa, onda geleşik ýatyrylýan şert bilen baglaşylan geleşik diýlip hasap edilýär.

 

123 madda. Şert ýüze çykan mahalynda päk ýürekliligiň ähmiýeti

 

1. Eger şertiň ýüze çykmagy özi üçin amatsyz bolan tarap şertiň ýüze çykmagyny ynsapsyzlyk bilen bökdän bolsa, onda şert ýüze çykan diýlip hasap edilýär.

2. Eger şertiň ýüze çykmagy özi üçin amatly bolan tarap şertiň ýüze çykmagyna ynsapsyzlyk bilen ýardam eden bolsa, onda şert ýüze çykan diýlip hasap edilmeýär.

 

6 BAP. GELEŞIKLERDÄKI RAZYÇYLYK

 

124 madda. Düşünje

 

1. Eger geleşigiň hakykylygy üçünji şahsyň razyçylygyna bagly bolsa, onda razyçylyk bermek hem, razyçylyk bermezlik hem bir tarapyň öňünde-de, beýleki tarapyň öňünde-de aýdylyp bilner.

2. Razyçylygyň aňladylmagy geleşik üçin bellenilen formanyň berjaý edilmegini talap etmeýär.

3. Eger özüniň hakykylygy üçünji şahsyň razyçylygyna bagly bolan geleşik onuň razyçylygy bilen baglaşylan bolsa, onda şu Kodeksiň 91 maddasynyň 2 punktunyň kadalary ulanylýar.

 

125 madda. Öňünden berlen razyçylyk (rugsat)

 

Öňünden berlen razyçylyk (rugsat), eger taraplar başga zat dogrusynda ylalaşmadyk bolsalar, geleşik baglaşylmazyndan öň ýatyrylyp bilner. Razyçylygyň ýatyrylmagy hakynda taraplaryň ikisine-de habar berilmelidir.

 

126 madda. Indiki razyçylyk (makullaýyş)

 

Indiki razyçylygyň (makullamagyň) geleşik baglaşylan pursatyndan başlap, eger başgaça bellenilmedik bolsa, geçen wagt üçin güýji bardyr.

 

127 madda. Ygtyýarsyz şahsyň zada ygtyýar etmegi

 

1. Ygtyýarsyz şahsyň haýsy-da bolsa bir zada ygtyýar etmegi, eger munuň özi ygtyýarly şahsyň rugsat bermegi bilen amala aşyrylan bolsa, hakyky hasaplanylýar.

2. Eger ygtyýarly şahs zada ygtyýar edilmegini makullasa ýa-da ygtyýar eden şahsyň özi zady edinse ýa-da ony ygtyýarly şahsdan miras alsa we wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş baradaky jogapkärçiligi doly öz üstüne alsa, onda şol zada ygtyýar edilmegi hakyky bolýar. Eger şol zat hakynda ýokarda görkezilen soňky iki halatda bir-birine garşy gelýän birnäçe buýruk berlen bolsa, onda ilkibaşky buýruk hakyky bolýar.

 

7 BAP. WEKILLIK WE YNANÇ HATY

 

128 madda. Wekillik

 

1. Geleşik wekiliň üsti bilen hem baglaşylyp bilner. Wekillik baradaky ygtyýarlar kanundan gelip çykýar ýa-da ynanç haty esasynda ýüze çykýar.

2. Eger geleşik onuň häsiýetinden ugur alnyp, gös-göni şol şahsyň özi tarapyndan baglaşylmaly bolsa ýa-da kanun geleşigi wekiliň üsti bilen baglaşmagy gadagan edýän bolsa, onda bu kada ulanylmaýar.

 

129 madda. Wekiliň hereketleri

 

1. Wekiliň öz ygtyýarlarynyň çäklerinde we özüniň wekilçilik edýän şahsynyň adyndan baglaşýan geleşigi boýunça hukuklar we borçlar diňe wekilçilik edilýän şahsda ýüze çykýar.

2. Eger geleşik başga şahsyň adyndan baglaşylan bolsa, onda wekilçilik baradaky hukugyň bolmazlygyny geleşigiň beýleki tarapy, eger wekilçilik edýän şahsyň döreden ýagdaýlary beýleki tarapyň şonuň ýaly ygtyýarlaryň bardygyny ak ýüregi bilen çak etmegine getiren bolsa, peýdalanyp bilmez.

3. Eger geleşik baglaşylan mahalynda wekil özüniň wekilçilik ygtyýarlarynyň bardygyny görkezmeýän bolsa, onda geleşik gös-göni wekilçilik edilýän şahs üçin netijeleri diňe beýleki tarapyň wekilçilik hakynda çak etmeli bolan halatynda döredýär. Bu kada beýleki tarapyň kim bilen geleşik baglaşýandygy şol tarap üçin tapawudynyň ýok mahalynda hem ýöreýär.

 

130 madda. Wekiliň çäklendirilen kämillik ukyby

 

Wekiliň baglaşan geleşigi onuň kämillik ukyby çäkli mahalynda hem hakykydyr.

 

131 madda. Erkiň kemçiligi, bilmek, bilmek borjy

 

1. Eger erkiň kemçiligi, belli bir ýagdaýlary bilmek we bilmek borjy erk-islegiň hukuk netijelerine täsirini ýetirip bilýän bolsa, wekilçilik edilýäniň däl-de, eýsem wekiliň şahsyýeti göz öňünde tutulýar.

2. Eger ynanç haty ynanylan wekil ynançlynyň belli bir görkezmelerine laýyklykda hereket eden bolsa, onda ynançla oňat mälim bolan şeýle ýagdaýlar babatda wekiliň bilmändigine ynançlynyň salgylanmaga haky ýokdur.

 

132 madda.  Wekillik ygtyýarlary

 

1. Ynanç hatynyň berilmegi wekilçilik berilmeli ygtyýarly edilýäne ýa-da üçünji şahsa ýüzlendirilen erk-islegiň bildirilmegi arkaly amala aşyrylýar.

2. Erk-islegi bildirmek üçin geleşik baglaşmaga ynanç haty berlende, geleşigi baglaşmak üçin bellenilen forma talap edilmeýär. Eger ýörite forma bellenilen bolsa, onda bu kada ulanylmaýar.

 

133 madda. Ynanç hatynyň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy

 

Ynanç hatynyň üýtgedilendigi ýa-da ýatyrylandygy hakynda degişli serişde arkaly üçünji şahslara habar berilmelidir. Bu talap berjaý edilmedik mahalynda, ynanç hatynyň şunuň ýaly üýtgedilmegi we ýatyrylmagy üçünji şahslary barasynda peýdalanylyp bilinmez, ýöne şertnama baglaşylan mahalynda taraplaryň bu hakda bilýän ýa-da bilmeli bolan halatlary muňa girmeýär.

 

134 madda. Ynanç hatyny togtatmagyň esaslary

 

Ynanç haty şu aşakdaky ýagdaýlarda togtadylýar:

a) ynanylan şahs ýüz dönderende;

b) ynanç haty beren şahs ygtyýarlary ýatyranda;

w) ynanç haty beren şahs aradan çykanda ýa-da başga hili bellenilmedik bolsa, onuň  kämillik ukybynyň ýokdugy ýüze çykan mahalynda;

g)  ynanç haty ýerine ýetirilen mahalynda;

d) ynanç hatynyň berlen möhleti tamamlananda.

 

135 madda. Ynanç hatynyň yzyna gaýtarylmagy

 

Ynanç haty bes edilenden soň, wekil şony beren şahsa gaýtaryp bermelidir; onuň ynanç haty özünde galdyrmaga haky ýokdur.

 

136 madda. Wekillik ygtyýarlaryny alman geleşik baglaşmak

 

1. Eger şahs başga şahsyň adyndan wekillik ygtyýary ýok mahalynda şertnama baglaşýan bolsa, onda bu şertnamanyň hakykylygy şol başga şahsyň makullaýşyna baglydyr.

2. Eger beýleki tarap wekillik edilýän şahsyň makullaýyş hakynda mälim etmegini talap edýän bolsa, onda makullaýyş hakynda mälim etmek diňe şol tarapa aýdylmalydyr. Makullaýyş hakynda talap bildirilen pursatyndan başlap, iki hepdäniň içinde makullaýyş hakynda habar berlip bilner; eger makullaýyş alynmasa, onda ret edildi diýlip hasaplanýar.

 

137 madda. Şertnamadan ýüz döndermek hukugy

 

Şertnama baglaşmaga makullaýyş alynmazdan öň beýleki tarapyň şertnamadan ýüz döndermäge haky bardyr, muňa ygtyýarlaryň ýokdugy oňa şertnama baglaşylýan wagty belli bolan halatlary girmeýär. Şertnama baglaşmakdan ýüz dönderilýändigi wekile hem aýdylyp bilner.

 

138 madda. Wekillik ygtyýarlary ýok mahalynda wekiliň jogapkärçiligi

 

1. Eger özüniň wekillik ygtyýarlary bolmazdan wekil hökmünde şertnama baglaşan şahs, beýleki tarapyň islegi boýunça ýa-ha alnan borçnamany ýerine ýetirmäge, ýa-da zeleliň öwezini, eger wekilçiligi edilýän şahs şertnamany makullamakdan ýüz dönderse, tölemäge borçludyr.

2. Eger wekil ygtyýarlarynyň ýokdugyny bilmeýän bolsa, onda ol ygtyýarlarynyň bardygyna ynanandygy sebäpli, beýleki tarapa diňe ýeten zeleliň öwezini tölemäge borçludyr.

3. Eger beýleki tarap ygtyýarlarynyň ýokdugyny bilen ýa-da bilmeli bolan bolsa, onda wekil jogapkärçilikden boşadylýar. Wekiliň kämillik ukyby çäklendirilen mahalynda hem ol jogapkärçilik çekmeýär, ýöne onuň öz kanuny wekiliniň razyçylygy bilen hereket eden halatlary muňa girmeýär.

 

139 madda. Öz-özüň bilen geleşik baglaşmaga ýol bermezlik

 

Eger gös-göni rugsat berilmedik bolsa, onda wekiliň wekilçilik edilýäniň adyndan öz-özi bilen öz adyndan, üçünji şahsyň wekili hökmünde geleşik baglaşmaga haky ýokdur, ýöne geleşegiň diňe borçnamany ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly halatlary muňa girmeýär.

 

4 BÖLÜM. MÖHLETLER

 

1 BAP. MÖHLETLERI HASAPLAMAK

 

140 madda. Möhletleri hasaplamak kadalary

 

Kanunlarda, sud çözgütlerinde we geleşiklerde görkezilen möhletler barasynda şu bölümde göz öňünde tutulan kadalar ulanylýar.

 

141 madda. Möhletiň geçip başlamagy

 

1. Eger möhletiň geçip başlamagy haýsy-da bolsa bir waka bilen ýa-da günüň dowamynda geljek wagt pursaty bilen kesgitlenilýän bolsa, onda wakanyň ýa-da pursatyň gabat gelýän güni möhlete goşulmaýar.

2. Eger möhletiň geçip başlamagy haýsy-da bolsa bir günüň başlanmagy bilen kestitlenýän bolsa, onda bu gün möhlete goşulýar. Bu kada ýaş hasaplanylan mahalynda doglan güne hem degişlidir.

 

142. madda. Möhletiň tamamlanmagy

 

1. Günler bilen hasaplanylýan möhlet şol möhletiň iň soňky gününiň tamamlanmagy bilen gutarýar.

2. Hepdeler, aýlar bilen ýa-da birnäçe aýy - ýyly, ýarym ýyly kwartaly öz içine alýan wagt bilen hasaplanylýan möhlet şu Kodeksiň 141 maddasynyň 1 punktunda görkezilen halatda iň soňky hepdäniň ýa-da iň soňky aýyň özüniň ady boýunça ýa-da özüniň sany boýunça wakanyň ýa wagt pursatynyň gabat gelýän gününe laýyk gelýän günüň tamamlanmagy bilen  gutarýar, şu Kodeksiň 141 maddasynyň 2 punktunda görkezilen halatda bolsa iň soňky hepdäniň ýa-da iň soňky aýyň özüniň ady ýa-da özüniň sany boýunça möhletiň başlanan gününe laýyk gelýän günüň öň ýanyndaky günüň tamamlanmagy bilen gutarýar.  

3. Eger möhlet aýlar bilen hasaplanylýan bolsa we iň soňky aýda möhletiň başlanan güni ýaly gün ýok bolsa, onda möhlet şol aýyň iň soňky gününiň tamamlanmagy bilen gutarýar.

 

143 madda. Ýarym ýyl, kwartal, ýarym aý

 

1. Ýarym ýyl diýlende alty aý möhlete, kwartal diýlende üç aý möhlete, ýarym aý diýlende on bäş gün möhlete düşünilýär.

2. Eger möhlet doly bir aýdan ýa-da birnäçe aýdan hem-de ýarym aýdan ybarat bolsa, onda bu on bäş gün möhletiň soňuna degişli hasap edilýär.

 

144 madda. Möhleti uzaltmak

 

Möhlet gaýra goýlan mahalynda, täze möhlet ozalky möhletiň gutaran pursatyndan başlanyp hasaplanylýar.

 

145 madda. Aýlyk möhleti we ýyllyk möhleti hasaplamak

 

1. Eger möhlet üznüksiz geçmegini talap etmeýän aýlar ýa-da ýyllar bilen hasaplanylýan bolsa, onda aý otuz gün, ýyl bolsa üç ýüz altmyş bäş gün diýlip hasap edilýär.

2. Aýyň başy diýlende aýyň birinji gününe düşünilýär, aýyň ortasy diýlende aýyň on bäşinji gününe düşünilýär, aýyň ahyry diýlende aýyň iň soňky gününe düşünilýär.

 

146 madda. Dynç alyş we baýramçylyk günleri

 

Eger erk-islegi bildirmek ýa-da borçnamany ýerine ýetirmek belli bir günde ýa-da haýsy-da bolsa bir möhletiň dowamynda amala aşyrylmaly bolsa, şol gün ýa-da bu möhletiň iň soňki güni ýa-ha dynç alyş günlerine, ýa bolmasa erk-islegiň bildirilýän ýa-da borçnamanyň ýerine ýetirilýän ýerindäki gün döwlet baýramçylygy diýlip ýa-da başga bir iş güni däl diýlip ykrar edilen güne gabat gelýän bolsa, onda bu güne derek şol günüň yz ýanyndaky iş güni möhletiň gutarýan güni diýlip hasap edilýär.

 

2 BAP. HAK ISLEÝIŞ WAGTYNYŇ MÖHLETLERI

 

147 madda. Hak isleýiş wagty diýen düşünje

 

1. Başga bir şahsdan haýsy-da bolsa bir hereketi etmegi ýa-da şol hereketi etmekden saklanmagy talap etmek hukugy wagt möhleti bilen çäklendirilýär.

2. Hak isleýiş wagtynyň möhleti şu aşakdakylara degişli däldir:

a) eger kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, emläkleýin däl şahsy hukuklara;

b) şahsyň janyna ýa-da saglygyna ýetirilen zeleliň öwezini töletmek hakyndaky talaplara. Emma şonuň ýaly zeleli töletmek hukugynyň ýüze çykan pursatyndan beýläk üç ýyl geçenden soň bildirilen talaplar geçen wagt üçin hak isleýşiň bildirilen mahalynyň öň ýanyndaky üç ýyldan köp bolmadyk wagt üçin kanagatlandyrylýar;

w) banklara we beýleki kredit edaralaryna goýlan goýumlar barasynda goýumçylaryň talaplaryna.

3. Hak isleýiş wagtynyň umumy möhleti on ýyldyr.

 

148 madda. Şertnama talaplary boýunça has isleýiş wagtynyň möhleti

 

1. Şertnama talaplary boýunça hak isleýiş wagtynyň möhleti üç ýyldyr gozgalmaýan zatlar bilen baglanyşykly bolan şertnama talaplary boýunça bolsa alty ýyldyr.

2. Wagtal-wagtal ýerine ýetirilmeli borçnamalardan gelip çykýan talaplar boýunça hak isleýiş wagtynyň möhleti üç ýyldyr.

3. Aýry-aýry halatlarda kanunda hak isleýiş wagtynyň, başga möhletleri hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

149 madda. Hak isleýiş wagtynyň möhletiniň geçip başlamagy

 

1. Hak isleýiş möhleti talabyň ýüze çykan pursatyndan başlap geçip başlaýar.

2. Eger talap haýsy-da bolsa bir hereketi etmekden saklanmak zerurlygyndan ybarat bolsa, onda hak isleýiş wagtynyň möhleti ýokarda görkezilen hereketiň edilen pursatyndan geçip başlaýar.

 

150 madda. Talabyň ýüze çykmagy

 

Eger talabyň ýüze çykmagy kreditoryň hereketlerine bagly bolsa, onda hak islýeýiş wagtynyň möhleti kreditoryň bu hereketi amala aşyryp biljek pursatyndan başlanýar.

 

151 madda. Hak isleýiş wagtynyň möhletiniň geçmegini hukuk esaslary boýunça togtatmak

 

1. Hak isleýiş wagtynyň möhletiniň geçmegi borçnamany ýerine ýetirmegiň gaýra goýlan (moratoriý) döwri üçin togtadylýar.

2. Şu maddanyň 1 punktunda görkezilen tertip talaby bildirmek hukugy kreditora degişli bolan garşylyklaýyn talap barasynda ulanylmaýar.

 

152 madda. Hak isleýiş wagtynyň möhletiniň geçmegini hakykat ýüzündäki ýagdaýlar boýunça togtatmak

 

1. Hak isleýiş wagtynyň möhletiniň geçip başlamagy sud organlarynyň işiniň duruzylmagy zerarly, hak isleýiş möhletiniň soňky alty aýynyň içinde ygtyýarly şahsyň öz hukugyny sud üsti bilen goramak mümkinçiliginden mahrum edilen wagta laýyk togtadylýar.

2. Ýeňip geçip bolmajak güýjüň hereketi päsgelçilik bolup hyzmat eden wagtynda-da bu kada ulanylýar.

3. Hak isleýiş wagtyny togtatmak üçin esas bolup hyzmat eden ýagdaýyň bes edilen gününden başlap, hak isleýiş wagt möhleti geçip başlamagyny dowam etdirýär. Möhletiň galan bölegi alty aýa çenli uzaldylýar, eger hak isleýiş möhleti alty aýdan az bolsa, onda ol hak isleýiş wagt möhletine çenli uzaldylýar.

 

153 madda. Hak isleýiş wagt möhletiniň geçmegini maşgala ýagdaýlary sebäpli togtatmak

 

Är-aýalyň biri-birine bolan talaplary boýunça hak isleýiş wagt möhletiniň geçmegi olaryň arasyndaky nika näçe wagta çenli dowam edýän bolsa, bütin şol wagta laýyk togtadylýar. Şu kada çagalaryň kemala gelmedik döwrüne laýyk ata-eneleriň we çagalaryň özara talaplaryna hem-de hossarlygyň (howandarlygyň) dowam edýän bütin möhletine laýyk hossaryň (howandaryň) we hossarlyk-howandarlyk edilýäniň özara talaplaryna hem degişlidir.

 

154 madda. Hak isleýiş wagt möhletiniň  geçmegini togtatmagyň täsiri

 

Hak isleýiş wagt möhletiniň geçmeginiň togtadylýan döwri hak isleýiş wagt möhletine hasap edilmeýär.

 

155 madda. Kämillik ukyby çäklendirilen şahslar barasynda hak isleýiş wagt möhletiniň geçmegini togtatmak

 

1. Eger kämillik ukyby ýok şahsyň ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen şahsyň kanuny wekili bolmasa, onda şol şahs barasynda hak isleýiş wagt möhletiniň geçişi şol şahsyň kämillik ukyply diýlip ykrar ediljek ýa-da oňa kanuny wekiliň belleniljek pursaty ýüze çykandan diňe alty aý geçenden soň tamamlanýar. Eger hak isleýiş wagt möhleti alty aýdan az bolsa, onda alty aý möhletiň ýerine bellenilen wagt möhleti ulanylýar.

2. Eger kämillik ukyby çäklendirilen şahs graždan-prosessual kämillik ukybyna eýe bolan bolsa, onda şu maddanyň 1 punktunda görkezilen kadalar ulanylmaýar.

 

156 madda. Hak isleýiş wagt möhletiniň geçmeginiň bergini boýun almak arkaly arasynyň kesilmegi

 

Eger bergidar berginiň ýa-da prosentleriň bir bölegini tölemek, bergini üzmegi üpjün etmek ýa bolmasa başga hili tölemek arkaly ygtyýarly şahsyň talabyny boýun alýan bolsa, onda hak isleýiş wagt möhletiniň geçmeginiň arasy kesilýär.

 

157 madda. Hak isleýiş wagt möhletiniň geçmeginiň suda hak isleýiş arzasyny bermek arkaly arasynyň kesilmegi

 

Eger ygtyýarly şahs talabynyň kanagatlandyrylmagy ýa-da tassyklanylmagy hakynda hak islegini bildirse, ýa bolmasa öz talabyny başga usul bilen, ýagny talabyň bardygy hakyndaky arza bilen döwlet organyna, suda - başga suduň çözgüdine ýerine ýetirmäge girişmek hakynda karar çykarmak ýa-da ýerine ýetiriş hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutmak arkaly kanagatlandyrjak bolýan bolsa, onda hak isleýiş wagt möhletiniň geçmeginiň arasy kesilýär. Şunda degişli suratda şu Kodeksiň 158 we 159 maddalary ulanylýar.

 

158 madda. Hak isleýiş bildirilen mahalynda hak isleýiş wagt möhletiniň arakesmesiniň dowamlylygy we gutarmagy

 

1. Hak isleýişini bildirmek arkaly hak isleýiş wagt möhletiniň geçmegindäki arakesme çözgüt kanuny güýje giren pursatyndan başlap ýa-da taraplaryň gatnaşyklarynyň başga hili düzgünleşdirilmegi netijesinde bes edilýär.

2. Eger proses taraplaryň ylalaşmagy netijesinde togtadylýan ýa-da sud işiniň ýöredilmeýändigi üçin togtadylýan bolsa, onda hak isleýiş wagt möhletiniň arakesmesi taraplaryň ýa-da suduň iň soňky prosessual hereketiniň edilen pursatyndan başlap gutarýar. Arakesmeden soň başlanan täze wagt möhletiniň arasy taraplaryň biriniň prosesi dikeldýän mahalyndaky hak isleýişi bildirilenindäkisi ýaly kesilýär.

 

159 madda. Hak isleýişden ýüz dönderilen mahalynda hak isleýiş wagt möhletiniň arakesmesi

 

1. Eger hak isleýiş arzasy yzyna alnan bolsa ýa-da suduň kanuny güýje giren çözgüdi bilen işe düýp mazmuny boýunça garalman, hak isleýişden ýüz dönderilse, onda hak isleýiş wagt möhletiniň geçmeginde arakesme bolmaýar.

2. Eger hakly şahs alty aýyň dowamynda ýene-de hak isleýişini bildirse, onda hak isleýiş wagt möhletiniň arasy ilkinji hak islegi arkaly kesilen diýlip hasap edilýär. Bu möhlet barasynda degişli suratda şu Kodeksiň 154 - 156 madalarynyň kadalary ulanylýar.

 

160 madda. Hak isleýiş wagt möhletiniň geçmeginiň arakesmesiniň netijeleri

 

Eger hak isleýiş wagt möhletiniň geçmeginiň arasy kesilýän bolsa, onda arakesmä çenli geçen wagt hasaba alynmaýar, täze wagt möhletiniň geçmegi diňe arakesme gutarandan soň başlanýar.

 

161 madda. Kanuny güýji bolan talap boýunça hak isleýiş wagt möhleti

 

1. Suduň kanuny güýje giren çözgüdi bilen tassyklanylan talap on ýyl wagt möhleti bilen tamamlanýar, hatda eger şonuň ýaly talap hak isleýiş wagtynyň has gysga möhleti bellenilen bolsa hem şol möhletde tamamlanýar.

2. Eger ykrar edilen talap geljekde wagtal-wagtal gaýtalanýan hereketleriň edilmegini üpjün edýän bolsa, onda hak isleýiş wagtynyň şonuň ýaly talaplar üçin bellenilen has gysga möhleti ulaynylýar.

 

162 madda. Hukuk kabul edijilik mahalynda hak isleýiş wagt möhleti

 

Eger bir zat barada zat talaby bar bolup, ol hukuk kabul edijilik tertibinde üçünji şahsyň eýeligine geçýän bolsa, onda hak isleýiş wagtynyň zada öňki eýesiniň eýelik edýän mahalynda geçen möhletiniň bir bölegi hukuk kabul edijiniň peýdasyna hasap edilýär.

 

163 madda. Hak isleýiş wagt möhletiniň geçmeginiň netijeleri

 

1. Hak isleýiş wagt möhleti geçenden soň, borçly şahsyň ony ýerine ýetirmekden ýüz döndermäge hukugy bardyr.

2. Hak isleýiş wagt möhleti geçen talaby kanagatlandyrmak üçin ýerine ýetirilen talap talabyň ýerine ýetirilýän pursatynda  borçly adam wagt möhletiniň geçmegini bilmedik mahalynda hem yzyna talap edilip  alnyp bilinmez. Bu kada şertnama borçnamalarynyň ykrar edilmegi we borçly şahsyň talaby üpjün etmegi barada hem ulanylýar.

 

164 madda. Goşmaça borçlar boýunça hak isleýiş wagt möhleti

 

Esasy talap boýunça hak isleýiş wagt möhletiniň geçmegi bilen şol talap bilen baglanyşykly goşmaça borçlar boýunça hem hatda bu goşmaça borçlar boýunça hak isleýiş wagtynyň aýratyn möhleti geçmedik bolsa-da hak isleýiş wagt möhleti tamamlanýar.

 

165 madda. Hak isleýiş wagt möhletlerini üýtgetmek hakyndaky ylalaşygyň hakyky däldigi

 

Hak isleýiş wagtynyň möhletleri we şol möhletleri hasaplamagyň tertibi taraplaryň ylalaşmagy arkaly üýtgedilip bilinmez.

 

2 BÖLEK.

ZAT (EMLÄK) HUKUGY

 

1 BÖLÜM. EMLÄK

 

166 madda. Düşünje

 

Fiziki we ýuridiki şahslaryň eýeläp, peýdalanyp we ygtyýar edip bilýän hem-de çäklendirilmedik möçberde edinip bolýan, özem kanunda gadagan edilmedik ýa-da ahlak normalaryna garşy gelmeýän islendik zat we maddy däl eşret emläk hasaplanýar.

Emlägiň dolanyşykda bolmagyna ýol berilmeýän ýa bolmasa dolanyşykda bolmagy çäklendirilýän görnüşleri kanunda gös-göni görkezilmelidir.

 

167 madda.  Gozgalmaýan we gozgalýan zatlar

 

1. Zat gozgalmaýan we gozgalýan bolup biler.

2. Ýer uçastoklary, ýerastynyň uçastoklary, aýrybaşga suw obýektleri we ýer bilen pugta baglanyşykly zatlaryň hemmesi, ýagny özleriniň niýetlenilişine laýyk zyýan ýetirmän orunlaryny üýtgetmek mümkin bolmadyk obýektler, şol sanda tokaýlar, köp ýyllyk agaçlar, jaýlar, desgalar gozgalmaýan zatlara (gozgalmaýan emläk, gozgalmaýan zat) degişlidir.

3. Gozgalmaýan emlägi degişli däl zatlar, şol sanda pul we gymmatly kagyzlar gozgalýan emläk diýlip ykrar edilýär.

 

168 madda. Bölünmeýän zatlar

 

Bölünmegi netijesinde bölekleri öz häsiýetini we ilkibaşky zadyň niýetlenen maksadyny ýitirýän zat bölünmeýän zat diýlip ykrar edilýär.

 

169 madda. Çylşyrymly zatlar

 

Eger dürli kysymly zatlar bir bütewi görnüşe girip, birleşme netijesinde umumy niýetlenilen maksady boýunça peýdalanmaga mümkinçilik berýän bolsa, ol bir zat (çylşyrymly zat) hökmünde garalýar.

Çylşyrymly zat barada baglaşylan geleşigiň güýji, eger şertnamada başgaça bellenilmedik bolsa, şol zadyň ähli düzüm böleklerine degişlidir.

 

170 madda.  Esasy zat we onuň bilen baglanyşykly zat

 

Başga (esasy) zada hyzmat etmek üçin niýetlenilen we onuň bilen umumy maksada eýerýänligi (oňa degişliligi) sebäpli baglanyşykly bolan zat, eger şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, esasy zadyň ykbalyna eýerýär.

 

171 madda. Aýratyn-kesgitli zatlar we kysymdaşlyk alamatlary boýunça kesgitlenilýän zatlar

 

1. Diňe özüne mahsus alamatlar boýunça beýleki zatlardan aýrylan zat aýratyn-kesgitli zat diýlip ykrar edilýär. Aýratyn-kesgitli zat çalşyryp bolmaýan zatdyr.

2. Kysymdaş zatlaryň hemmesi üçin mahsus alamatlary bolan (kysymdaş zat) we sany, agramy, ölçegi bilen kesgitlenilýän zatlar kysymdaş alamatlary boýunça kesgitlenilýän zatlar diýlip ykrar edilýär. Kysymdaş zatlar çalşyryp bolýan zatlardyr.

 

172 madda. Zadyň miwesi

 

1. Zadyň berýän girdejisi, ösüşi we artykmaçlygy şol zadyň miwesidir.

2. Hukugy peýdalanmak netijesinde alynýan girdeji we artykmaçlyk hukugyň miwesidir.

3. Bu zadyň ýa-da hukugyň hukuk gatnaşyklary arkaly üpjün edýän girdejileri we artykmaçlyklary hem zadyň we hukugyň miwesidir.

4. Zada ýa-da hukuga bolan ygtyýarlylyk bu ygtyýarlylygyň möhletine we möçberine laýyklykda bu zadyň ýa-da bu hukugyň miwelerini almaga mümkinçilik berýär.

5. Eger şahs miweleri gaýtaryp bermäge borçly bolsa, ol bu miweler bilen baglanyşykly çeken çykdajylarynyň (bu çykdajylar dogry hojalyk işiniň netijesi bolsa we miweleriň gymmatyndan geçmeýän bolsa) tölenilmegini talap edip biler.

 

173 madda. Aksessor hukuklary we çäklendirilen hukuklar

 

1. Beýleki hukuk bilen şonsuz dowam edip bilmeýän derejede baglanyşykly bolan hukuk aksessor hukuk hasaplanýar.

2. Has giň hukukdan gelip çykýan we onuň bilen baglanyşykly bolan hukuk çäklendirilen hukuk hasaplanýar.

 

174 madda. Intellektual işiniň goralýan netijeleri

 

Şol Kodeksde we beýleki kanunlarda bellenilen halatlarda we tertipde, intellektual işiniň netijelerine hem-de ýuridiki şahsyň aýratynlaşmagynyň, önümiň aýratynlaşmagynyň, ýerine ýetirilýän işleriň ýa-da hyzmatlaryň aýratynlaşmagynyň şol netijeler bilen deňleşdirilen serişdelerine fiziki ýa-da ýuridiki şahsyň aýratyn hukugy (intellektual eýeçiligi) diýlip ykrar edilýär( firma ady, haryt nyşany, hyzmat ediş nyşany we şulara meňzeşler).

Üçünji şahslar intellektual işiň aýratyn hukuk obýekti bolup durýan netijelerini we aýratynlaşdyryş serişdelerini diňe hukuk eýesiniň razyçylygy bilen peýdalanyp biler.

 

175 madda. Maddy däl eşretler

 

1. Başga şahslara berlip bilinjek ýa-da özleriniň eýesine peýda bermek ýa-da olaryň eýesine beýleki şahslardan näme-de bolsa bir zady talap etmek hukugyny bermek üçin niýetlenilip bilinjek talaplar we hukuklar maddy däl eşretler bolýar.

2. Şahsyýetiň jany we saglygy, mertebesi, şahsy eldegrilmesizlik, at-abraý we hatyra, iş abraýy, hususy durmuşyň eldegrilmesizligi, şahsy syr we maşgala syry, ondan-oňa erkin geçmek, bolýan we ýaşaýan ýerini erkin saýlap almak hukugy, at edinmek hukugy, awtorlyk hukugy, emläkleýin däl beýleki şahsy hukuklar hem-de maddy däl beýleki eşretler - doglandan beýläk ýa-da kanunyň güýjüne görä fiziki şahsa degişli bolan şu zatlar başga usul bilen elden alnyp bilinmez we başgalara berlip bilinmez. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde emläkleýin däl şahsy hukuklar we maddy däl beýleki eşretler - aradan çykana degişli bolan şu zatlar başga şahslar tarapyndan, şol sanda hukuk eýesiniň mirasdarlary tarapyndan hem amala aşyrylyp we goralyp bilner.

 

2 BÖLÜM. EÝELIK ETMEK

 

176 madda. Eýeligiň edinilmegi

 

1. Eýelik etmek zadyň üstünden hakyky agalyk etmek bilen gazanylýar.

2. Zada hakykat ýüzünde eýelik edýän-de bolsa, ony başga şahsyň peýdasyna eýelik edýän we eýesiniň ygtyýarlaryny şol şahsdan alan şahs zadyň eýesi diýlip hasap edilmeýär. Diňe ygtyýar-hukugy beren şahs zadyň eýesi diýlip ykrar edilýär.

3. Eger şahs uzufruktuariý, girew saklaýjy, kärendeçi, hakyna tutujy, saklap beriji hökmünde ýa-da şuňa meňzeş gaýry hukuk gatnaşygy esasynda zada eýelik edýän bolsa (göni eýelik etmek), şol sebäpli  beýleki şahs barasynda belli bir zada wagtlaýyn eýelik etmäge onuň haky bar bolsa ýa-da şeýtmäge borçly bolsa, onda soňky şahs hem zada eýelik ediji (aralyk eýelik) bolýar.

4. Eger bir zada birnäçe şahs bilelikde eýelik edýän bolsa, onda olar şärikli eýeler diýlip hasap edilýär.

5. Eger bir zadyň böleklerine birnäçe şahs eýelik edýän bolsa, onda olar aýry-aýry bölekleriň eýeleri hasap edilýär.

 

177 madda. Eýelik etmegiň bes edilmegi

 

1. Eger zadyň eýesi zady başga birine mydamalyk berýän bolsa ýa-da şol zada hakyky agalyk etmegi gaýry ýol bilen ýitirýän bolsa, onda eýelik bes edilýär.

2. Zada ygtyýar etmäge wagtlaýyn päsgelçilik berilmegi şol zada eýelik etmegi ýatyrmaýar.

 

178 madda. Miraslyk

 

Eýelik etmek miras boýunça geçýär.

 

179 madda. Eýeçilik prezumsiýasy

 

1. Gozgalýan zada eýelik edýäni zadyň eýesi hasaplamak gerek. Bu kada, eger zadyň ozalky eýesi bu zady ýitiren ýa-da ol ondan ogurlanylan bolsa, ýa bolmasa şol zat onuň eýelik etmeginden başga usul bilen çykan bolsa, onda zada ozalky eýesi barada ýöremeýär, pul we getirilip görkezilýän gymmatly kagyzlar hakynda gürrüň gidýän halatlary muňa girmeýär.

2. Zada ozalky eýelik eden barasynda ony şol zada eýelik eden wagtynyň dowamynda onuň eýesi boldy diýlip hasaplamak gerek.

 

180 madda. Ynsaply zat eýesi

 

Zada kanuny eýelik edýän ýa-da iş gatnaşyklarynda zerur dykgatly geçirilen barlag esasynda ygtyýarly şahs diýlip ykrar edilip bilinjek zat eýesi ynsaply hasaplanýar.

 

181 madda. Ynsaply zat eýesiniň bikanun eýeligindäki zady gaýtaryp bermek hakyndaky talaby

 

Eger ynsaply zat eýesi eýelik etmekden mahrum edilse, onda ol zadyň gaýtarylyp berilmegini zadyň täze eýesinden üç ýylyň dowamynda talap edip biler. Bu kada zadyň täze eýesiniň eýelik etmekde artykmaç hukugynyň bar mahalynda ulanylmaýar. Eýelik etmegiň gaýtarylyp berilmegi baradaky talap, eger ol zady zorluk ýa-da aldaw arkaly edinen bolsa, onda artykmaç hukugy bar bolan şahs barasynda-da ulanylyp bilner.

 

182 madda. Ynsaply zat eýesiniň bikanun päsgelçiligiň aýrylmagyny talap etmegi

 

Eger ynsaply zat eýesi zadyndan mahrum edilmese, ýöne onuň eýelik etmegini amala aşyrmagyna başga ýol bilen päsgel berilse, zat eýesi hökmünde ol päsgelçilikleriň düzedilmegini talap edip biler. Ol eýelik edilmegine hyýanat edilmegi sebäpli ýetirilen zyýanyň tölenilmegini hem talap edip biler. Zyýanyň öwezini töletmek baradaky bu talap päsgelçilikleri düzetmek talabynyň mümkin bolmadyk halatynda hem ulanylýar.

 

183 madda.  Zada hukukly eýelik etmek

 

Zadyň hukukly eýesine zady gaýtaryp bermek talaby bildirilip bilinmez. Kanuny eýelik edilýän wagtyň dowamynda zadyň we hukugyň netijeleri onuň emlägi hasap edilýär.

2. Bu kada göni eýelik etmek we aralyk eýelik etmek gatnaşyklaryna hem degişlidir.

 

184 madda. Ynsaply zat eýesiniň borçlary

 

1. Zada eýelik etmek hukugy ýok ýa-da şol hukugy ýitiren ak ýürekli zat eýesi zady eýelik etmäge hakly şahsa gaýtaryp bermäge borçludyr. Zada eýelik etmek hukugy bolan şahs özüniň bu hukugyny peýdalanýança zadyň we hukugyň netijeleri zat eýesine degişlidir.

  1. Ynsaply zat eýesi zada ak ýürekli eýelik edýän döwründe geçiren gowulandyrmalarynyň we eden çykdajylarynyň, şonuň ýaly-da bu zady we alnan miweleri peýdalanmak bilen öwezi dolunmadyk harçlanylan puly tölemegi zada eýelik etmek hukugy bolan şahsdan talap edip biler. Onuň günäsi bilen alynmadyk miweleriň gymmaty çykylmalydyr. Bu kada zadyň gymmatlamagyna getiren gowulandyrmalara, eger zadyň gaýtarylyp berlen pursatynda hem zadyň gymmatlamagy üýtgän bolsa, degişli hasaplanylýar.
  2. Ynsaply zat eýesi öz talaplary kanagatlandyrylýança, zady gaýtaryp bermekden ýüz dönderip biler.

 

185 madda. Ynsapsyz zat eýesiniň borçlary

 

Ynsapsyz zat eýesi zady hem, alan peýdasyny, zadyň ýa-da hukugyň miwelerini hem eýelik etmäge hakly şahsa gaýtaryp bermelidir. Zada eýelik edýan öz günäsi bilen alyp bilmedik miweleriniň öwezini dolmaga borçludyr. Ol zat barada çekilen çykdajylaryň we gowulandyrmalaryň öwezini dolmagy diňe gaýtarylyp berlen pursatyna çenli şol gowulandyrmalar eýelik etmäge hakly şahsyň baýlaşmagyna getiren bolsa talap edip biler. Ynsapsyz şahs barasyndaky beýleki talaplar üýtgedilmän galýar.

 

186 madda. Wagt möhleti sebäpli gozgalýan zatlara eýeçilik hukugyny edinmek

 

1. Eger şahs bäş ýylyň dowamynda öz zady hökmünde gozgalýan zada üznüksiz eýelik edip gelen bolsa, onda ol şol zat barada eýeçilik hukugyny (hukuk ediniş wagt möhleti) edinýär.

2. Eger hukugy ediniji zada ynsaplylyk bilen eýelik etmedik bolsa ýa-da soňra zadyň özüne degişli däldigini bilen bolsa, onda gozgalýan zada eýeçilik hukugyny edinmegine ýol berilmeýär.

 

187 madda. Zada üznüksiz eýelik etmek

 

Eger şahs haýsy-da bolsa bir döwrüň başynda we ahyrynda zada eýelik eden bolsa, onda bu şahs ýokarda görkezilen bütin döwrüň dowamynda zat eýesi hökmünde zada eýelik edipdir diýip hasaplamak gerek.

 

188 madda. Wagt möhleti sebäpli gozgalmaýan zatlara eýeçilik hukugyny edinmek

 

Eger şahs ýer uçastogynyň ýa-da gozgalmaýan başga emlägiň eýesi hökmünde jemagat reýestrine girizilip ýöne şolar babatynda eýeçilik hukugyna eýe bolmadyk bolsa, onda ol eýeçilik hukugyny edinýär, eger bellige almak on bäş ýyllap dowam eden bolsa we bütin şol döwrüň dowamynda zat eýesi hökmünde şolara eýelik eden bolsa, onda ol eýeçilik hukugyny edinýär.

 

189 madda. Zat eýesiniň şikaýatlary sebäpli zada eýelik etmegiň bes edilmegi

 

Eger zadyň eýesi esaslandyrylan şikaýatlary zada eýelik edýäne bildirse, onda zada eýelik etmek bes edilýär.

 

190 madda. Zat edinmekdäki artykmaç hukuklylyk

 

Hukuk esaslary boýunça on ýyldan köpräk wagtyň dowamynda zada eýelik eden we zady peýdalanan zat eýesiniň bu zady edinmekde artykmaç hukugy bardyr.

 

3 BÖLÜM. EÝEÇILIK

 

1  BAP. EÝEÇILIK HUKUGYNYŇ MAZMUNY

 

191 madda. Düşünje. Eýeçilik hukugynyň mazmuny

 

1. Zat eýesi kanunda ýa-da şertnamada bellenilen çäklendirmeleriň çäginde emläge (zada), eger şeýdilende goňşularyň ýa-da beýleki üçünji şahslaryň hukuklary bozulmaýan bolsa, ýa-da bu hereket hukugy hyýanatly peýdalanmagy aňlatmaýan bolsa, onda erkin eýelik edip we peýdalanyp biler, beýleki şahslaryň bu emläge eýelik etmegine, ygtyýar etmegine ýol bermän biler.

2. Eýeçiligiň peýdalanylmagy diňe beýlekilere zyýan ýetirýän bolsa, özem şunda zat eýesiniň bähbitleriniň artykmaçlygy takyk kesgitlenilmedik we onuň hereketleriniň zerurlygy delillendirilmedik bolsa, onda eýeçiligiň şonuň ýaly peýdalanylmagy hukugy   hyýanatçylykly peýdalanmak diýlip  hasap edilýär.

3. Peýdalanmak hukugy şahsyň öz zadyny  peýdalanmazlyk mümkinçiligini hem öz içine alýar. Eger bu zatlaryň ulanylmazlygy ýa-da olara göz-gulak bolunmazlygy jemgyýetçilik bähbitlerine täsirini ýetirýän bolsa, onda peýdalanmak ýa-da olara göz-gulak bolmak we olary saklamak borjy kanun tarapyndan bellenilip bilner. Şeýle halatda şu borçlary özüň ýerine ýetirmek ýa-da bu zady degişli hakyna başga şahslaryň peýdalanmagyna bermek borjy zat eýesiniň üstüne ýüklenilip bilner.

 

192 мadda. Zadyň önjeýli aýrylmaz bölegine eýeçilik hukugy

 

Zada eýeçilik hukugy bu zadyň önjeýli aýrylmaz böleklerine hem degişlidir.

 

193 madda. Zady bikanun eýelik edilmeginden talap edip almak we päsgelçilikleri düzetmegi talap etmek

 

1. Zat eýesi bu zada eýelik edýäniň eýelik etmek hukugynyň bar halatlaryndan beýleki halatlarda zady gaýtaryp bermegi eýelik edýänden talap edip biler.

 2. Eger eýeçilik hukugy zady elden almakdan ýa-da zatdan mahrum etmekden başga hili ýol bilen bozulýan bolsa, onda zat eýesi şol bozuşy düzetmegi düzgüni bozujydan talap edip biler. Eger hyýanat etmek ýene-de dowam edýän bolsa, onda zat eýesi suda hak isleýiş arzasyny bermek arkaly şonuň ýaly hereketiň bes edilmegini talap edip biler.

 

194 madda. Umumy eýeçilik

 

1. Umumy eýeçilik kanuna görä ýa-da geleşik esasynda ýüze çykýar. Zat eýeleriniň her biri umumy eýeçilikde bolýan emläk barada üçünji şahslara talap bildirip biler. Zat eýeleriniň her biri zady diňe ähli zat eýeleriniň peýdasy üçin talap edip almaga haklydyr.

2. Umumy eýeçilikde bolýan zat girew goýlup bilner ýa-da zat eýeleriniň biriniň peýdasy we bähbidi üçin hukuk taýdan başga hili berlip bilner.

3. Umumy eýeçilikde bolýan zada göz-gulak bolmak we ony saklamak baradaky çykdajylar, eger kanunda ýa-da şertnamada başga hili bellenilmedik bolsa, zat eýeleriniň üstüne deň derejede ýüklenilýär.

4. Zat eýeleriniň her biriniň umumy eýeçilikdäki zadyň bir bölegini satyn almakda artykmaç hukugy bardyr.

 

2 BAP. GOŇŞY HUKUGY

 

195 madda. Düşünje. Birek-biregi hormatlamak

 

Goňşy ýer uçastoklarynyň ýa-da gozgalmaýan başga emlägiň eýeleri, kanunda göz öňünde tutulan hukuklardan we borçlardan başga, birek-biregi hormatlamalydyrlar. Iki taraplaýyn täsir edilip bilinjek her bir uçastok ýa-da gozgalmaýan başga emläk goňşy uçastok ýa-da goňşy emläk diýlip hasap edilýär.

 

196 madda. Ýol berilýän goňşy täsiri

 

1. Uçastogyň ýa-da gozgalmaýan başga emlägiň eýesi öz uçastogyna goňşy uçastokdan gazyň, buguň, ysyň, gurumyň, tüssäniň, zenzeläniň, ýylylygyň, wibrasiýanyň täsirini ýa-da şolara meňzeş täsiri, eger bular zat eýesinine öz melleginden peýdalanmagyna päsgel bermeýän bolsa ýa-da onuň hukugyny onçakly bozmaýan bolsa, gadagan edip bilmez.

2. Bu kada edilýän täsir düýpli bolsa-da ol beýleki ýer uçastogyň adaty peýdalanylyşyndan gelip çykýan we peýdalanyjylaryň bu görnüşi üçin kadaly hojalyk işi diýlip ykrar edilýän çäreler arkaly öňi alnyp bilinmejek halatlarda-da hereket edýär. Eger zat eýesi şonuň ýaly täsire çydamaga borçly bolsa, onda ol şol täsiriň çykýan uçastogynyň eýesinden pul görnüşinde degişli öweziniň tölenmegini, eger şonuň ýaly täsir şol sebit üçin peýdalanmaga adaty diýlip ykrar edilen çäkden geçýän we ykdysady taýdan ýol berilýän çäkden geçýän bolsa, talap edip biler.

 

197 madda. Ýol berilmeýän hyýanatçylyk

 

Zat eýesi öz ýer uçastogyna hyýanat edilmeginiň ýol berilmesizdigi ilkibaşdan aýdyň bolan gurluşygyň gadagan edilmegini ýa-da şonuň ýaly desgalaryň ulanylmagynyň gadagan edilmegini talap edip biler. Eger desga kanunda bellenilen uzaklyk çägini berjaý etmek bilen bina edilen bolsa, onda şol desganyň ýykylmagy diňe ýol berilmeýän hyýanatçylyk mese-mälim görnüp duran halatynda talap edilip bilner.

 

198 madda. Abanýan howpy düzetmegi talap etmek

 

Goňşy ýer uçastokdaky gurluşyk ýer uçastogyna ýykylmak howpuny salýan bolsa, onda zat eýesi bu howpuň öňüni almak baradaky zerur çäreleri durmuşa geçirmegini goňşusyndan talap edip biler. Ýer uçastoklarynyň birnäçesiniň içinden geçýän akaba suwuň we ýerasty suwuň ugruny üýtgetmäge ýa-da olaryň beýleki ýer uçastoklara suwuň mukdarynyň azalmagyna we onuň hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýän derejede tilsimleşdirilmegine ýol berilmeýär. Derýalaryň tebigy akymynyň bozulmagyna ýol berilmeýär.

 

199 madda. Agaçdan gaçan miweler

 

Goňşy ýer uçastogyna agaçdan ýa-da gyrymsy agaçdan gaçan miweler şol uçastogyň miweleri diýlip hasap edilýär. Eger goňşy uçastok jemgyýetçilik peýdalanmagynda durýan bolsa, bu kada ulanylmaýar.

 

200 madda. Goňşy ýer uçastogyndaky agajyň kökleri we şahalary

 

Ýer uçastogynyň eýesi goňşy ýer uçastogyndan özüne geçen agajyň ýa-da agaç düýbüniň köklerini kesip we özünde galdyryp biler. Bu kada goňşy ýer uçastokdaky agaçlaryň we agaç düýpleriniň sallanyşyp duran şahalaryna hem degişlidir.

 

201 madda. Gurluşyk mahalynda ýer uçastogynyň araçäginiň bozulmagy

 

1. Eger ýer uçastogynyň eýesi niýetsiz ýa-da gödek geleňsizlik etmän goňşy ýer uçastogynyň bir böleginde gurluşyk geçiren bolsa, onda goňşy araçägiň şunuň ýaly bozulmagyna ýol bermelidir, muňa araçägiň şunuň ýaly bozulmagyna şondan öň ýa-da araçäk bozulan badyna onuň närazylyk bildiren halatlary girmeýär.

2. Şeýle halatda goňşa öwezini dolmak hökmünde pul kompensasiýasy tölenmelidir. Görkezilen töleg her ýyl awans görnüşinde bir ýyl öňünden geçirilmelidir.

 

202 madda.  Kesekiniň eýelik  edýän ýerinden çykalga gurmak

 

1. Eger ýer uçastogynyň haýsy-da bolsa bir köpçülik ýoluna çykalgasy, elektrik, gaz we suw üpjünçiligi setlerinden çykalgasy bolmasa, onda zat eýesi zerur çykalgany ýola goýmak üçin goňşularyň ýer uçastoklaryny peýdalanmaga ýol bermegini olardan talap edip biler. Öz ýer uçastogynyň içinden zerur çykalga geçjek goňşa pul haky tölenilmelidir, bu hak bolsa taraplaryň arasyndaky ylalaşyk esasynda bir gezekleýin töleg görnüşinde tölenilip bilner.

2. Еger öňden bar bolan çykalga ýer uçastogyndan zat eýesiniň kakabaş hereketleri bilen aýrylan bolsa, onda eýelik edilýän ýer uçastogyndan çykalganyň bolmagyna ýol bermek borjy ýüze çykmaýar.

 

203 madda.  Araçäk lüňüni gurmak

 

1. Ýer uçastogyň eýesi aýyl-saýyl ediji mäkäm lüňi gurmaga ýa-da eýýäm bar bolan, ýöne ýitip giden ýa-da zyýan ýeten lüňi dikeltmäge gatnaşmagy goňşy ýer uçastogynyň eýesinden talap edip biler.

2. Araçägi aýyl-saýyl etmek üçin edilen çykdajylar goňşularyň arasynda, eger olaryň arasynda dowam edýän hukuk gatnaşyklaryndan başga zat gelip çykmaýan bolsa, deň paýlanylýar.

 

204 madda.  Jedelli araçäk

 

1. Jedel zerarly hakyky araçägi kesgitlemek mümkin bolmaýan bolsa, onda goňşularyň hakykat ýüzünde eýeläp oturan ýeri araçägi aýyl-saýyl etmek üçin kesgitleýji şertdir. Eger hakykat ýüzünde eýelenilýän ýeri takyklap bolmaýan bolsa, onda jedelli meýdandan her bir ýer uçastogynyň üstüne deň bölek goşulmalydyr.

2. Eger bu görkezmelere laýyklykda araçägiň kesgitlenilmegi bellenilen faktlara garşy gelýän bolsa, hususan-da, ýer uçastogynyň bellenilen möçberine laýyk gelmeýän netijä getirýän bolsa, onda araçägi taraplaryň biriniň arzasy boýunça sud kesgitleýär.

 

205 madda. Araçäk desgalaryny bilelikde peýdalanmak

 

1. Eger ýer uçastoklarynyň ikisiniň arasy haýat ýa-da araçäk hökmünde peýdalanylýan başga bir desga bilen bölünen bolsa, onda ýer uçastok eýeleriniň desgalary, eger bu desganyň goňşularyň birine degişlidigini haýsydyr bir daşky alamatlar görkezmeýän bolsa, bilelikde peýdalanmaga hukugy bar diýip hasaplamak gerek.

2. Eger goňşularyň araçäk desgasyny bilelikde peýdalanmaga hukugy bar bolsa, onda olaryň her biri desgadan peýdalananda, ony bilelikde peýdalanýan goňşusyna päsgel bermez ýaly edip peýdalanyp biler. Desga göz-gulak bolmak we ony saklamak üçin edilýän çykdajylar goňşularyň arasynda deň paýlanylýar. Goňşularyň biri bu desganyň aýrylman durmagynyň tarapdary bolup durýan mahaly, şol desga onuň razyçylygy alynman, aýrylyp ýa-da üýtgedilip bilinmez.

 

3 BAP. EÝEÇILIK HUKUGYNYŇ EDINILMEGI BE ONUŇ

ÝATYRYLMAGY

 

§ 1. GOZGALMAÝAN ZATLARA EÝEÇILIK HUKUGYNYŇ EDINILMEGI WE ONUŇ ÝATYRYLMAGY

 

206 madda. Gozgalmaýan zatlara eýeçilik hukugyny edinmegiň tertibi

 

1. Gozgalmaýan zady edinmek üçin notarial tertipde tassyklanylan dokument we zat edinijini jemagat reýestrinde bellige almak zerurdyr. Zady eýeçiliginden aýyrýan hem, ony edinýän hem bellige alynmagy üçin arza berip biler.

2. Dokumentde gozgalmaýan zady edinmek üçin nämäniň esas bolýandygy takyk görkezilmelidir. Eger taraplaryň biri wekiliň üsti bilen gatnaşýan bolsa, onda dokumentde ynanç haty hem takyk görkezilmelidir.

 

2061 madda. Eýesiz galan gozgalmaýan zada eýeçilik hukugyny edinmek

 

1. Eýesi bolmadyk ýa-da eýesi näbelli bolan zat eýesiz galan gozgalmaýan zat bolup durýar.

2. Eýesiz galan gozgalmaýan zat şonuň ýerleşýän ýeriniň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edarasynyň arzasy boýunça gozgalmaýan emläge bolan hukugy bellige alýan döwlet edarasy tarapyndan hasaba alynýar.

Eýesiz galan gozgalmaýan zat hasaba alnandan bir ýyl geçeninden soň, onuň ýerleşýän ýerindäki ýerine ýetiriji ýerli häkimiýetiň emlägini dolandyrmaga ygtyýarly edara şol emlägi eýesiz galan diýip bilmek we ony döwlet eýeçiligine geçirmek hakynda arza bilen kazyýete yüz tutup biler.

(2061 maddasy 2010-njy ýylyň 25-nji sebtýabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3,63-nji madda)

 

207 madda. Eýeçilik hukugyndan ýüz dönderilmegi

 

Eýeçilik hukugyndan ýa-da gaýry hukukdan ýüz döndermek üçin özüniň bu hukukdan ýüz dönderýändigi hakynda ygtyýarly şahsyň arzasy we bu arzanyň jemagat reýestrinde bellige alynmagy zerurdyr. Arza reýestr gullugyna tabşyrylmalydyr. Diňe şundan soň hukukdan ýüz döndermek hakyndaky arza hökmany güýje eýe bolýar.

 

208 madda.  Edinijiniň bähbitlerini goramak

 

Edinijiniň bähbitlerinden ugur alnyp, eger zady eýeçiliginden aýyrýan hut şeýle sypatda jemagat reýestrinde bellige alnan bolsa, ol zat eýesi diýlip hasap edilýär, ýöne zady özünden aýyrýanyň zat eýesi bolmandygyny zat edinijiniň bilen halatlary muňa girmeýär.

 

§2. GOZGALÝAN ZATLARA EÝEÇILIK HUKUGYNYŇ EDINILMEGI WE ONUŇ ÝATYRYLMAGY

 

209 madda.  Eýeçilik hukugyny bermek

 

1. Gozgalýan zada eýeçilik hukugyny bermek üçin zat eýesiniň hakyky hukuk esasynda eýeçilik hukugyny edinijä bermek hakynda özleriniň arasynda baglaşylan ylalaşygy ýerine ýetirmekden ötri, zady edinijä bermegi zerurdyr. Eger zat ediniji zada eýýäm eýelik edip ýören bolsa, onda eýeçilik hukugynyň başga birine berilmegi hakyndaky ylalaşygyň bir özi ýeterlikdir.

2. Eger zat eýesi zada eýelik edýän bolsa, onda zadyň hakykat ýüzünde berilmegi zat edinijiniň zada aralyk eýelik etmegini bellemek hakynda zat eýesi bilen zat edinijiniň ylalaşmagy bilen çalşyrylyp bilner.

3. Zat eýesiniň üçünji şahslardan eýelik etmek talaby baradaky hukugy edinijä bermegi hem eýeçilik hukugynyň berildigi hasap edilýär.

 

210 madda. Ygtyýarsyz şahsdan zady ynsaplylyk bilen edinmek

 

Zadyň eýeçilikden aýrylmagy netijesinde zat ediniji zat eýesine öwrülýär, hatda zat ony berijä degişli bolmadyk hem bolsa, ýöne bu fakt barasynda zat ediniji ak ýürekli bolan bolsa zat eýesine öwrülýär. Eger zat ediniji bu zadyň özünden aýyrýana degişli däldigini bilen ýa-da bilmeli bolan bolsa, onda zat ediniji ynsaply diýlip hasap edilmeýär. Ynsaplylyk duýgusy zat başga birine berilmezinden öň bolmalydyr.

 

211 madda. Ýitirilen zatlar

 

1. Eger zat zat eýesinden ogurlanan, ol ony elden gidiren ýa-da başga bir usul bilen ýitiren bolsa, eýeçilik hukugy edinilip bilinmez. Eger zat eýesi zada diňe aralyk tertipde eýelik edýän bolsa, şonuň ýaly-da zady eýelik edýän ýitiren bolsa, şonda hem bu kada hereket edýär.

2. Bu görkezmeler pul ýa-da gymmatly kagyzlary görkeziji barasynda, şonuň ýaly-da jemagat söwdasyny geçirmek arkaly ýerleşdirilen zatlar barasynda ulanylmaýar.

 

212 madda. Eýeçilik hukugyny saklamak hakyndaky şert

 

Eger gozgalýan zady satyjy satyn alyş nyrhy tölenilýänçä, zada bolan eýeçilik hukugyny özünde saklamak şertini goýan bolsa, onda eýeçilik hukugy satyn alyş nyrhyny doly tölemegi gaýra goýmak şerti bilen berilýär we alyjy tölemek möhletini gijikdiren mahalynda satyjy şertnamany ýatyrmaga haklydyr diýip hasap etmek gerek.

 

213 madda. Gozgalýan eýesiz zada eýeçilik hukugyny edinmek

 

1. Eger zadyň ozalky eýesi eýeçiliginden ýüz döndermek maksady bilen zada eýelik etmegini bes edýän bolsa, onda gozgalýan zat eýesiz zat diýlip hasap edilýär.

2. Gozgalýan eýesiz zady öz eýeligine kabul eden şahs bu zada, eger zady özüne geçirmek kanunda gadagan edilmedik bolsa ýa-da şol zady özüne geçirmek bilen bu zady almaga hukugy bar şahsyň hukuklary bozulmadyk bolsa, eýeçilik hukugyny edinýär.

 

214 madda.  Tapyndy

 

1. Ýitirilen zady tapan şahs bu barada ýa-ha zady ýitiren zat eýesine ýa-da zady almaga hukugy bolan başga bir şahsa haýal etmän habar bermäge borçludyr.

2. Eger zady tapan şahs zady almaga hukugy bolan şahslaryň hiç birini-de bilmeýän bolsa ýa-da olaryň bolýan ýeri oňa näbelli bolsa, onda ol özüniň tapyndysy hakynda we zady almaga hukugy bolan şahsy tapmak üçin düýpli ähmiýeti bolup biljek ýagdaýlar hakynda haýal etmän polisiýa ýa-da beýleki ýerli organa aýtmaga borçludyr.

3. Zady tapan şahs ony saklamaga borçludyr. Tapyndy hakynda degişli organa mälim edilen pursatyndan beýläk bir ýyl geçenden soň, zady tapan şahs bu zat barada eýeçilik hukugyna eýe bolýar, ýöne ýokarda görkezilen möhlet geçýänçä zady almaga hukugy bolan şahsyň oňa belli bolan ýa-da bu şahsyň öz hukugy hakynda degişli organa habar beren halatlary muňa girmeýär. Eýeçilik hukugynyň edinilmegi bilen bu zat baradaky ähli beýleki hukuklar ýatyrylýar.

4. Zady tapan şahs zady almaga hukugy bolan şahsdan tapylan zadyň  gymmatynyň bäş prosentine çenli möçberde  hak talap edip biler. Mundan başga-da, zady tapan şahsyň bu zady saklamak üçin edilen çykdajylaryň öwezini dolmagy zat almaga hukugy bar şahsdan ýa-da degişli organdan talap etmäge haky bardyr.

5. Eger zady tapan şahs eýeçilik hukugyndan ýüz dönderýän bolsa, onda degişli organ bir ýyl geçenden soň şol zady jemagat öňünde geçirilýän söwdasynda satyp biler we peýda alyp biler ýa-da gürrüň onçakly gymmat bolmadyk zat hakynda barýan bolsa, şol zady birine mugt berip ýa ony ýok edip biler.

6. Tiz zaýalanýan zat ýa-da saklanylmagy şol zadyň gymmatyndan artyk çykdajylary talap edýän zat geçirilýän jemagat söwdalarynda zady tapan şahs tarapyndan satylmalydyr. Zady satmakdan düşen pul şol zadyň özüniň deregini tutýar.

 

215 madda. Hum

 

Eger şeýle uzak wagtlap ýaşyryp saklanyp galandygy sebäpli özüniň eýesiniň kimdigini takyklamak indi mümkin bolmadyk zat (hum) tapylan bolsa we ony tapan şahs zada eýelik etmäge girişen bolsa, onda zady tapan şahs we özünde bu humy ýaşyryp gelen emlägiň eýesi bu zat baradaky eýeçilik hukugyny deň paýda edinýärler.

 

216 madda. Ýer uçastogy bilen birleşmek

 

Eger gozgalýan zat ýer uçastogynyň düýpli aýrylmaz bölegine öwrülýän derejede şonuň bilen birleşen bolsa, onda ýer uçastogyna bolan eýeçilik hukugy bu zada hem degişli bolýar.

 

217 madda. Gozgalýan zat bilen birleşmek

 

1. Eger gozgalýan zatlar bir bütewi zadyň düýpli aýrylmaz bölekleri  bolup durýan derejede biri-biri bilen birleşen bolsa, onda ozalky zat eýeleri şärik eýelere öwrülýär; olaryň paýlary şol zatlaryň birleşen pursatyndaky gymmatynyň mynasybeti esasynda kesgitlenilýär.

2. Eger zatlaryň birine esasy zat hökmünde garalýan bolsa, onda onuň eýesi şol zada degişli beýleki zatlar barada hem eýeçilik hukugyna eýe bolýar.

 

218 madda. Materiallary gaýtadan işlemegiň netijelerine eýeçilik hukugy

 

Eger materialy gaýtadan işlemek ýa-da üýtgetmek arkaly gozgalýan täze zat ýasalýan bolsa, onda muny öndüriji we material eýesi täze zadyň şärik eýelerine öwrülýär. Olaryň paýlary, eger ylalaşykda başga hili bellenilmedik bolsa, materialyň gymmatyna we önümçilik çykdajylaryna görä degişli derejede kesgitlenilýär.

 

219 madda. Eýeçilik hukugy başga birine geçen mahalynda hukukdaryň ýatyrylmagy

 

Eýeçilik hukugy başga birine geçen mahalynda, şu Kodeksiň 216-218 maddalaryna laýyklykda şol zat barada dowam eden ähli beýleki hukuklar bes edilýär.

 

220 madda. Hukuklaryň ýitirilmegi zerarly ýeten zyýany töletmek

 

1. Şu Kodeksiň 216-218 maddalarynda göz öňünde tutulan halatlarda hukugyny ýitiren şahs, şonuň ýaly-da onuň hukuklary başga hili bozulan halatynda, ol hukuk öz peýdasy üçin üýtgän şahsdan pul tölemegini talap edip biler. Ozalky ýagdaýy dikeltmek hakynda talabyň bildirilmegine ýol berilmeýär.

2. Eger zadyň täze eýesi şol zady üçünji şahsdan tölegli şertnama boýunça edinen bolsa, onda şu maddanyň 1 punktunda göz öňünde tutulan kada ulanylmaýar.

 

4 BAP. ÝAŞAÝYŞ JAÝYNA EÝEÇILIK HUKUGY

 

§ 1. UMUMY DÜZGÜNLER

 

221 madda. Düşünje

 

1. Köp kwartiraly öýlerde kwartira bolan eýeçilik hukugy (ýaşayş jaýyna eýeçilik hukugy) we jaýyň ýaşaýyş jaý hökmünde peýdalanylmaýan bölegine bolan eýeçilik hukugy (ýaşaýyş meýdany däl meýdana eýeçilik hukugy) ykrar edilýär.

2. Ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugy we ýaşaýyş meýdany däl meýdana eýeçilik hukugy indiwidual eýeçilik hukugy diýlip ykrar edilýär.

3. Indiwidual eýeçilik bolup durmaýan ýer uçastogy, jaýyň, desganyň we ustanowkanyň bir bölegi ýaşaýyş jaýynyň eýeleriniň umumy eýeçiligi bolup durýar. Umumy eýeçilikdäki paýlaryň möçberleri kwartiralaryň (ýaşaýyş otaglarynyň) sanyna laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Indiwidual eýeçilik hukugy diňe aýrybaşga ýaşaýyş otagy ýa-da jaýyň aýrybaşga beýleki bölekleri barada dowam edip biler. Eger garaž uçastoklarynyň çäkleri olaryň uzak wagtyň dowamynda peýdalanylmagy netijesinde äşgär belli bolsa, onda şol garaž uçastoklary aýrybaşga garaž uçastoklary diýlip hasap edilýär.

 

222 madda. Ýaşaýyş jaýyny edinmekde artyk hukuk

 

1. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alanlar şol jaýdan üç ýyldan köp wagt ýaşan bolsa, olaryň şol ýaşaýyş jaýyny edinmekde artyk hukugy bardyr. Olar bu hukugy amala aşyrmak hakyndaky arza bilen ýaşaýyş jaýynyň iň soňky eýesine ýüz tutýarlar.

2. Eger şahs kireýine tabşyrylan ýaşaýyş jaýyny, özem şony ediniji ýaşamaýan ýaşaýyş jaýyny edinýän bolsa, onda ol kireýine berijiniň ornuny tutýar.

 

223 madda. Ýaşaýyş jaýyna indiwidual eýeçilik hukugyny edinmegiň esaslary

 

1. Ýaşaýyş jaýyna indiwidual eýeçilik hukugyny edinmek we ony bes etmek üçin geleşik baglaşylmagy we onuň jemagat reýestrinde bellige alynmagy zerurdyr.

2. Geleşik notarial tertipde tassyklanylmalydyr.

 

224 madda.  Indiwidual eýeçilik hukugynyň predmeti

 

1. Şu Kodeksiň 221 maddasynyň 2 punktuna laýyklykda kesgitlenilen  meýdan, şonuň ýaly-da bu meýdanyň aýrylmaz bölekleri, ýagny üýtgedilmegi, bölünmegi ýa-da goşulmagy umumy eýeçilik ýa-da haýsy-da bolsa başga bir ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň indiwidual eýeçilik hukugyna esaslanan hukuklarynyň ýerliksiz bozulmagyna ýa-da jaýyň daşky görnüşiniň üýtgedilmegine getirmeýän bölekleri indiwidual eýeçilik hukugyna degişlidir.

2. Jaýyň mäkämligini we howpsuzlygyny üpjün edýän bölekleri, şeýle hem zat eýeleriniň umumy peýdalanmagynda bolýan desgalar we abzallar indiwidual eýeçilige degişli bolan meýdanda ýerleşýän mahalynda hem indiwidual eýeçilik hukugyna degişli bolup bilmez.

3. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň ylalaşmagyna görä, jaýyň indiwidual eýeçilik hukugyna degişli bölekleri umumy eýeçilige degişli edilip bilner.

 

225 madda.  Umumy eýeçilikdäki paýy kesgitlemek

 

1. Umumy eýeçilikdäki ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň paýy onuň indiwidual eýeçiliginde bolýan meýdanyň indiwidual eýeçilikde bolýan bütin meýdana bolan mynasybeti arkaly kesgitlenilýär. Kömekçi otaglaryň we jaýlaryň meýdany (ýerzeminler we başgalar) bütin meýdanyň üçden bir bölegi diýlip hasap edilýär.

2. Zat eýeleriniň şereketi ýatyrylan mahalynda ýaşaýyş jaýlaryň eýeleriniň paýy şu maddanyň 1 punktuna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

226 madda. Umumy eýeçilikdäki degişli paýy nazara alman, indiwidual eýeçiligi özünden aýyrmaga ýol bermezlik

 

1. Umumy eýeçilikdäki degişli paýy nazara alman, indiwidual eýeçiligiň özüňden aýyrmagyna, girew goýulmagyna ýa-da başga hili kyn ýagdaýa goýulmagyna ýol berilmeýär.

2. Umumy eýeçilikdäki paýa bolan hukuklar şoňa degişli edilen indiwidual eýeçilige hem degişli bolýar.

 

227 madda. Ýaşaýyş jaý meýdanyna eýeçilik hukugyny jemagat reýestrinde bellige almak

 

1. Ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukuklarynyň her biri üçin jemagat reýestrinde aýratyn sahypa doldurylýar.

2. Ýer baradaky kitapda ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugyny bellige almak materiallarynyň ýanyna gurluşyk edarasy tarapyndan tassyklanylan gurluşyk güwänamasy (sprawkasy) goşulmalydyr, şol güwänamada bolsa jaýyň proýekti, şonuň ýaly-da jaýyň umumy eýeçilikdäki bölekleriniň ýerleşýän ýeri we möçberleri görkezilýär. Şol bir kwartira degişli edilen aýry-aýry meýdanlar umumy nomer bilen bellenilýär.

 

§ 2. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň özara gatnaşyklary

 

228 madda. Ylalaşyklary jemagat reýestrinde bellige almak

 

1. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň arasyndaky özara gatnaşyklar şu Kodeks arkaly kesgitlenilýär.

2. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary şu Kodeksiň normalaryndan başga hili düzgünleşdirýän ylalaşyklar, şonuň ýaly-da bu ylalaşyklary üýtgetmegiň ýa-da ýatyrmagyň bu ylalaşyklar diňe jemagat reýestrinde bellige alnan mahalynda üçünji şahslar üçin güýji bardyr.

3. Karar kabul etmek üçin şu Kodekse laýyklykda ýa-da taraplaryň ylalaşygy boýunça sesleriň köplügi zerur bolýan bolsa, şeýle kararlaryň kabul edilenden soň ses bermäge gatnaşmadyk ýa-da bu karara garşy ses beren ýaşaýyş jaý eýeleri üçin güýji bardyr.

 

229 madda. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketi

 

1. Indiwidual eýeleri ählisi bilelikde ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketini emele getirýär, bu şereket bolsa ýuridiki şahs däldir.

2. Jaý eýesiniň bu jaýlaryň eýeleriniň şereketini ýatyrmagy talap etmäge haky ýokdur. Şeýle talaba diňe jaý doly ýa-da kem-käs ýykylan-ýumrulan mahalynda ýol berilýär.

 

230 madda. Ýaşaýyş jaý eýesiniň hukuklary

 

1. Ýaşaýyş jaýynyň eýesi özüniň eýeçiligindäki jaýyň böleklerini öz islegine görä peýdalanyp biler we beýleki şahslaryň jaýyň şol böleklerine edýän islendik täsirini, eger  şunuň ýaly  hereket arkaly kanuny ýa-da üçünji şahslaryň hukuklaryny bozmasa, aradan aýryp biler.

2. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň her biriniň şu Kodeksiň 231 we 232 maddalaryna laýyklykda umumy eýeçilikden peýdalanmaga hukugy bardyr. Umumy eýeçilikden başga hili peýdalanmak üçin her bir jaý eýesine şu Kodeksiň 225 maddasynyň kadalary boýunça degişli paý berilmelidir.

3. Şu maddanyň 1 we 2 punktlarynda görkezilen meseleler ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleriniň şereketi hakyndaky düzgünnama arkaly jikme-jik düzgünleşdirilýär, bu düzgünnama bolsa şu Kodeksiň 236 maddasynyň 4 punktunyň «a» kiçi punktuna laýyklykda ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketiniň başlygy tarapyndan hödürlenilýär we ýaşaýyş jaý eýeleriniň umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanylýar.

 

231 madda. Ýaşaýyş jaý eýesiniň borçlary

 

1. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň her biri şu aşakdakylara borçludyr, ýagny:

a) özüniň indiwidual eýeçiligindäki jaý bölekleri jaý eýeleriniň bilelikde ýaşamak kadalaryny bozmaz ýaly we olara zelel ýetirmez ýaly ýagdaýda saklamaga we peýdalanmaga;

b) özüniň jaýda ýerleşen kärhanasynda işleýän şahslaryň ýa-da özüniň indiwidual eýeçiligindäki ýa umumy eýeçilikdäki ýer uçastogyny ýa-da jaý bölegini peýdalanmaga berýän şahslarynyň «a» kiçi punktunda beýan edilen borçlary berjaý etmegi hakynda alada etmäge;

w) özüniň indiwidual eýeçiliginde bolýan jaý böleklerine we umumy eýeçilige täsir edilmegine ýol bermäge, eger bu täsir «a» we «b» kiçi punktlarynda göz öňünde tutulan şertlere laýyk gelýän bolsa şeýtmäge;

g) umumy eýeçiligi degişli ýagdaýa getirmek we ýeňil bejeriş işlerini geçirmek üçin zerur bolsa, ygtyýarly şahslaryň indiwidual eýeçilikdäki jaý böleklerine girmäge we olardan peýdalanmaga rugsat bermäge; şunda ýeten zeleliň öwezi tölenilmäge degişlidir;

d) kommunikasiýa we üpjünçilik setlerin gurnamak üçin zerur bolan çäreleriň geçirilmegine ýol bermäge. Şonuň ýaly çäreler öz peýdasy üçin durmuşa geçirilýän jaý eýesi şunda ýeten zeleliň öwezini tölemäge borçludyr.

2. Eger jaýyň ýarysyndan köprägi weýran bolan bolsa, ýeten zelel hem ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen ýa-da gaýry usul bilen üpjün edilmedik bolsa, onda jaýyň durkuny täzelemek talap edilip bilinmez. Şunuň ýaly halatda şereket ýatyrylýar.

 

232 madda. Umumy eýeçilikden peýdalanmak hukugy

 

1. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň her biri öz paýyna laýyklykda umumy eýeçilikden peýdalanyp biler.

2. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň her biri jaýda özüniň ýaşaýyş otagynyň nähili ýerleşendigine garamazdan, umumy eýeçilikdäki çykdajylary, hususan-da öýi degişli ýagdaýda saklamak, bejermek, dolandyrmak we umumy eýeçiligi bilelikde peýdalanmak baradaky çykdajylary öz paýyna laýyklykda tölemäge beýleki jaý eýeleriniň öňünde borçludyr.

3. Öýi degişli ýagdaýda saklamak we ýeňil bejeriş işlerini geçirmek bilen baglanyşykly bolmadyk çäreler üçin ses bermedik jaý eýesiniň şonuň ýaly çäreler netijesinde çekilen çykdajylary tölemek borjy ýokdur. Şol çärelerden gelip çykýan netijelerden peýdalanmagy onuň talap etmäge haky ýokdur.

4. Paý şu Kodeksiň 225 maddasyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

233 madda. Şereket ýatyrylanda paýlary kesgitlemek

 

Şereket ýatyrylan mahalynda umumy eýeçilige eýelik edýänleriň paýlary olaryň ýaşaýyş jaýlarynyň şereket ýatyrylan pursatyndaky gymmatyna laýyklykda kesgitlenilýär. Eger ýaşaýyş jaýyň eýesi tarapyndan goldanylmadyk çäreleriň netijesinde umumy eýeçilikdäki paýyň gymmaty üýtgän bolsa, onda şonuň ýaly üýtgetmeler bu paýyň gymmatyna baha berlen mahalynda nazara alynmaýar.

 

234 madda. Şereketden çykarmak

 

1. Eger ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň beýleki jaý eýeleriniň öňündäki borçlaryny gödek bozmagy onuň bilen bile şereketi mundan beýläk dowam etdirmek bolmajak ýagdaýa getiren bolsa, beýleki jaý eýeleri ýaşaýyş meýdanynyň özüňden aýyrmagyny ondan talap edip bilerler.

2. Şu aşakdaky ýagdaýlarda onuň ýaly talap üçin esaslar bar diýlip hasap edilýär, ýagny:

a) ýazmaça duýduryş edilendigine garamazdan, ýaşaýyş jaýynyň eýesi şu Kodeksiň 231 maddasynda göz öňünde tutulan borçlary gödek bozýan bolsa;

b) ýaşaýyş jaýynyň eýesi şu Kodeksiň 232 maddasynda göz öňünde tutulan puly tölemegi üç aýdan artyk wagta çekdirýän bolsa we jemi bergisi onuň bütin ýaşaýyş jaýynyň gymmatynyň üç prosentinden geçýän bolsa, onuň ýaşaýyş jaýy krediti üpjün etmegiň serişdesi bolup hyzmat edip biljek bolsa, bank oňa kredit berip bilerdi.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen talaplar baradaky karar ses bermek hukugy bar şahslaryň üçden iki böleginden ybarat köplügi bilen kabul edilýär.

 

§ 3. Dolandyrmak

 

235 madda. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketindäki dolandyryş organlary

 

Umumy eýeçiligi dolandyrmak işi şu Kodeksiň 236 - 240 maddalaryna laýyklykda ýaşaýyş jaý eýeleriniň üstüne ýüklenilýär we şu Kodeksiň 241 - 243 maddalaryna laýyklykda ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketiniň başlygynyň üstüne ýüklenilýär, maslahat beriji geňeş döredilen mahalynda bolsa dolandyryş işi şu Kodeksiň 244 maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

236 madda. Umumy eýeçiligi dolandyrmak

 

1. Umumy eýeçiligi dolandyrmak işi, eger şu Kodeksde ýa-da ýaşaýyş jaý eýeleriniň ylalaşygynda başga hili kesgitlenilmedik bolsa ýaşaýyş jaý eýeleriniň üstüne bilelikde ýüklenilýär.

2. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň her biri beýleki jaý eýeleriniň razyçylygyny alman, umumy eýeçilige gös-göni howp salýan zeleliň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmäge haklydyr. Bu jaý eýesiniň eden çykdajylarynyň özüne tölenilmegini talap etmäge haky bardyr.

3. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň her biri dolandyryşyň gazanylan ylalaşyklara we kabul edilen çözgütlere laýyk amala aşyrylmagyny, eger ylalaşyklar we çözgütler ýok bolsa, onda ýaşaýyş jaý eýeleriniň umumy bähbitlerine laýyk amala aşyrylmagyny talap edip biler.

4. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň umumy bähbitlerine laýyk gelýän degerli derejede dolandyrmaga, hususan-da şu aşakdakylar degişlidir:

a) ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketi baradaky düzgünnamanyň we içerki düzgün-tertibiň kabul edilmegi;

b) umumy eýeçiligiň degişli derejede saklanylmagy we onda ýeňil bejeriş işleriniň geçirilmegi, eger munuň özi jaýyň ýaşamak üçin ýaramly bolmagyny üpjün etmek üçin zerur bolsa;

w) umumy eýeçiligiň degişli suratda ätiýaçlandyrylmagy;

g) jaýy  talaba  laýyk derejede saklamak üçin serişde toplanylmagy;

d) hojalyk planynyň kabul edilmegi;

ýe) ýaşaýyş jaý eýeleriniň peýdasyna kommunikasiýa we üpjünçilik setlerini gurnaşdyrmak üçin zerur bolan ähli çäreleriň durmuşa geçirilmegi.

 

237 madda. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň ygtyýarlary

 

Ýaşaýyş jaý eýeleri şu aşakdaky meseleleri bilelikde çözýärler:

a) hojalyk we maliýe planlaryny düzmegi;

b) jaýy doly ýa-da kem-käs dikeltmegi;

w) içerki düzgün-tertip düzgünlerini we kadalaryny kabul etmegi;

g) şereketiň başlygyny bellemegi we boşatmagy;

d) şereketiň başlygynyň hasabatlaryny diňlemegi;

ýe) jaýy saklamak üçin edilmeli çykdajylaryň möçberini kesgitlemegi.

 

238 madda. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň ýygnagy

 

1. Ýaşaýyş jaý eýeleri özleriniň ýygnaklarynda çözgütleri kabul edýärler.

2. Çözgüdiň hakyky bolmagy üçin onda garaljak meseleleriň ýygnagyň çagyryljak wagtyna çenli eýýäm yglan edilmegi zerurdyr.

3. Eger ýaşaýyş jaý eýeleri özleriniň çözgüt baradaky razyçylygyny ýazmaça beýan etseler, onda çözgüt ýygnaksyz hem kabul edilip bilner.

 

239 madda. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň ýygnagyny çagyrmak

 

1. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň ýygnagy ýylda azyndan bir gezek şereketiň başlygy tarapyndan çagyrylýar.

2. Ýaşaýyş jaý eýelerinden dörtden bir böleginden köprägi ýygnak çagyrylmagyny talap eden mahalynda hem ýygnak şereketiň başlygy tarapyndan çagyrylýar. Eger şereketiň başlygy ýok bolsa ýa-da öz borçlaryny bozup, ýygnagy çagyrmakdan boýun gaçyrýan bolsa, onda ýygnak ýaşaýyş jaý eýeleriniň biri tarapyndan hem çagyrylyp bilner.

3. Ýygnak, eger gaýragoýulmasyz zerurlyk bolmasa, ýygnak çagyrmagyň zerurlygy hakynda ýazmaça arza berlenden soň bir hepde möhlet içinde çagyrylýar.

4. Eger ýygnak başgaça çözmese, ýygnagy başlyk alyp barýar.

5. Ýygnak tarapyndan kabul edilen çözgüt protokolda görkezilýär, protokol bolsa ýygnagyň başlygy ýa-da derňew komissiýasynyň başlygy tarapyndan düzülýär. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň her biriniň protokoly barlamaga haky bardyr.

 

240 madda. Ýygnagyň çözgüt kabul etmek ygtyýary

 

1. Çözgüt kabul edilen mahalynda jaý eýeleriniň her biriniň bir sesi bardyr. Eger bir ýaşaýyş jaýynyň birnäçe eýesi bar bolsa, onda olar ses bermek hukugyny diňe bilelikde peýdalanyp bilerler.

2. Eger ýygnaga ýaşaýyş jaýlarynyň ses bermäge hukugy bar eýeleriniň ýarysyndan köprägi gatnaşýan bolsa, onda ýygnagyň çözgüdi kabul etmäge haky bardyr.

3. Eger şu maddanyň 2 punktuna laýyklykda, ýygnagyň çözgüt kabul etmäge haky bolmasa, onda başlyk şol öňki gün tertibi bilen täze ýygnagy çagyryp biler. Bu ýygnagyň oňa näçe adamyň gatnaşýandygyna garamazdan, çözgüt kabul etmäge haky bardyr, bu barada bolsa ýygnak çagyrylan mahalynda yglan edilmelidir.

4. Ýaşaýyş jaý eýesiniň, eger çözgüt umumy eýeçiligi dolandyrmak hakynda bu jaý eýesi bilen baglaşylan geleşige ýa-da beýleki jaý eýeleri bilen jedellere degişli bolan halatynda ýa-da ýaşaýyş jaýyny özünden aýyrmaga borjy jaý eýesiniň üstüne ýüklenilen halatynda ses bermäge hukugy ýokdur.

5. Eger şu Kodeksde ýa-da ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketi hakyndaky Düzgünnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda çözgüt sesleriň ýönekeý köplügi bilen käbul edilýär.

 

241 madda. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketiniň başlygynyň ygtyýarlary

 

1. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň şereketiniň başlygy şu aşakdakylara borçludyr:

a) ýaşaýyş jaý eýeleriniň ýygnaklarynyň çözgütlerini ýerine ýetirmäge we içerki tertip-düzgün kadalarynyň berjaý edilmegi hakynda alada etmäge;

b) umumy eýeçiligi talaba laýyk saklamak we onda ýeňil bejeriş işlerini geçirmek üçin zerur çäreleri görmäge;

w) gaýragoýulmasyz zerurlyk ýüze çykan mahalynda umumy eýeçiligi talaba laýyk saklamak üçin beýleki zerur çäreleri görmäge;

g) umumy pula ygtyýar etmäge.

2. Başlyk ýaşaýyş jaý eýeleriniň hemmesiniň adyndan şu aşakdakylara haklydyr:

a) edilen çykdajylary, bergileri we ipoteka prosentleriniň üstüni ýapmak üçin pul serişdelerini, eger munuň özi ýaşaýyş jaý eýeleriniň umumy işlerine dahylly bolsa, talap etmäge, almaga hem-de tölemäge;

b) hasaplaşyklary geçirmäge, umumy eýeçiligi gündelik dolandyrmak bilen baglanyşykly bolan borçnamalary we beýleki pul geleşiklerini ýerine ýetirmäge;

w) eger bular ýaşaýyş jaý eýeleriniň bähbitlerine dahylly bolsa geleşikleri baglaşmaga we zerur dokumentasiýany görkezmäge;

g) eger ýaşaýyş jaý eýeleri ony şeýtmäge ygtyýarly eden bolsa sudda ýa-da beýleki organlarda çykyş etmäge;

3. Başlyk ýaşaýyş jaý eýeleriniň puluny öz emläginden aýratynlykda saklamaga borçludyr. Bu pula ygtyýar etmäge ýaşaýyş jaý eýeleriniň biriniň ýa-da üçünji şahsyň razyçylygy sebäpli bolup biler.

4. Zerur bolan mahalynda başlyk ýaşaýyş jaý eýeleri tarapyndan berlen ynanç haty esasynda hereket edýär, bu ynanç hatynda onuň wekilçilik etmek ygtyýarlarynyň göwrümi kesgitlenilýär.

 

242 madda. Hojalyk plany

 

1. Başlyk her ýyl başlanmazyndan öň hojalyk planyny taýýarlamalydyr.

2. Hojalyk planynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

а) umumy eýeçilik dolandyrylan mahalynda çak edilýän girdejiler we çykdajylar;

b) öz paýlaryna laýyklykda, ýaşaýyş jaý eýeleriniň çykdajylar baradaky borjy;

w) şu Kodeksiň 236 maddasynyň 4 punktunyň «g» kiçi punktuna laýyklykda, jaýy talaba laýyk saklamak üçin ýaşaýyş jaý eýeleriniň serişde ýygnamagy.

3. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň her biriniň özi ýa-da üçünji şahs arkaly jaýy talaba laýyk saklamak we ýeňil bejeriş işlerini geçirmek baradaky çäreleri ýerine ýetirmäge haklydyr. Şunuň ýaly halatlarda başlyk bu zähmeti nazara alýar, oňa nyrh kesýär we ony maliýe planyna girizýär. Ýaşaýyş jaý eýesiniň özüniň sarp eden zähmetine laýyklykda çykdajylar baradaky wznoslary kemeldilýär.

4. Ýaşaýyş jaý eýeleri başlygyň talap etmegi esasynda tassyklanylan maliýe planyny üpjün etmek üçin belli bir awans tölemäge borçludyrlar. Tölegi tölemekde kynçylyklar dörände, başlyk bankyň degişli kreditlerinden peýdalanyp biler.

5. Hojalyk planyny tassyklamak hakynda çözgüdiň kabul edilmegi başlyga kredit almak hukugyny hem berýär.

6. Başlyk kalendar ýylynyň ahyrynda maliýe hasabatyny bermäge borçludyr.

7. Ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri bitirilen iş hakynda hasabat bermegi islendik wagt başlykdan talap edip bilerler.

 

243 madda. Ýaşaýyş jaýyny bejermek borjy

 

1. Ýaşaýyş jaý eýeleriniň her biri umumy eýeçiligi saklamak, onda ýeňil bejeriş işlerini geçirmek, ony dolandyrmak baradaky we beýleki çykdajylary çekmek boýunça beýleki jaý eýeleriniň öňünde borçludyr.

2. Şu maddanyň 1 punktunda göz öňünde tutulan çykdajylar ýaşaýyş jaý eýeleriniň her biriniň paýynyň gymmatynyň möçberine laýyklykda çykarylýar.

3. Eger başga zat bellenilmedik bolsa, onda şol ýyl üçin kesgitlenilen çykdajylar deň on iki bölege bölünip  tölenilmelidir.

Eger jaýy talaba laýyk saklamak üçin serişde toplamak göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda başlyk jaýy bejermek üçin zaýawka resmileşdirilmezinden öň, şol serişdeleriň deslap tölenilmegini talap edip biler.

 

244 madda. Maslahat beriji geňeş

 

1. Ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri masalahat beriji geňeşi döretmek hakynda sesleriň ýönekeý köplügi bilen çözgüt kabul edip bilerler. Maslahat beriji geňeş başlykdan we iki agzadan ybaratdyr.

2. Maslahat beriji geňeş başlygyň öz wezipelerini amala aşyrmagynda oňa ýardam berýär.

3. Maslahat beriji geňeş maliýe we hojalyk planlaryny, hojalyk planynyň ýerine ýetirilişiniň jemlerini, hasabatlary, smetalary ýaşaýyş jaý eýeleriniň ýygnagynda garalmazyndan öň barlamalydyr we degişli netijä gelmelidir.

4. Maslahat beriji geňeş zerur bolan mahalynda başlyk tarapyndan çagyrylýar.

 

5 BAP. BEÝLEKI ŞAHSLARYŇ EÝEÇILIGINI ÇÄKLI

PEÝDALANMAK

 

§ 1. Gurluşyk etmek hukugy

 

245 madda. Düşünje

 

1. Ýer uçastogy başga bir şahsyň peýdalanmagyna berlip bilner, munuň özi öz peýdasyna ýer uçastogy berlen şahs şol ýer uçastogynda ýa-da onuň astynda gurluşyk işlerini geçirmek barada eýeçilikden aýrylýan we miras alynýan hukugy (gurluşyk etmek hukugyny) ediner ýaly edilip berilmelidir.

2. Gurluşyk etmek hukugy ýer uçastotynyň gurluşyk üçin talap edilmeýän bölegini, eger ýer uçastogynyň bu bölegi gurluşygy peýdalanmak üçin artykmaçlyk berýän bolsa, peýdalanmaga degişli bolup biler.

3. Gurluşyk etmek hukugy belli bir möhletli ýa-da möhletsiz bolup biler, ýöne ol ýatyrmak şerti bilen çäklendirilip bilinmez.

 

246 madda. Gozgalmaýan emläk hakyndaky görkezmeleri ulanmak

 

1. Gozgalmaýan zatlary edinmek kadalary gurluşyk ehmek hukugynyň ýüze çykmagy we edinilmegi bilen baglanyşykly bolan gatnaşyklar barasynda ulanylýar.

2. Gurluşyk etmek hukugy esasynda gurlan gurluşyklar gurluşyk etmek hukugynyň esasy düzümleýin bölegidir.

 

247 madda. Gurluşyk etmek hukugyny eýeçilikden aýyrmak

 

Eger gurluşyk etmäge hukugyny özünden aýyrmak ýa-da hakyna tabşyrmak üçin hukuk eýesiniň razyçylygy zerur bolsa, onda ol bu razyçylykdan diňe ähmiýetli esaslar bar mahalynda ýüz dönderip biler.

 

248 madda. Gurluşyk etmek hukugy üçin tölenýän hak

 

1. Gurluşyk etmäge hukugy üçin wagtal-wagtal tölegler görnüşinde hak tölemek borjy şertnama boýunça gurluşyk etmek hukugynyň eýesiniň üstüne ýüklenilip bilner. Ýer eýesiniň bu hukugy ýer uçastogyna bolan eýeçilik hukugyndan aýrylmazdyr.

2. Gurluşyk etmek hukugy diňe tölegleriň iki ýyllap tölenilmänligi bilen baglanyşykly bir taraplaýyn tertipde bes edilip bilner. Beýleki halatlarda gurluşyk etmek hukugyny bes etmek üçin gurluşyk etmäge hukugynyň eýesiniň razyçylygy zerurdyr.

3. Eger ykdysady şertler başgaça göz öňünde tutmaýan bolsa, onda taraplar gurluşyk etmek hukugy üçin haky on ýyllyk möhlet bilen kesgitläp bilerler. Bu hak ykdysady şertler nazara alnyp kesgitlenilmelidir.

 

249 madda. Gurluşyk hukugyny bellige almak

 

Gurluşyk etmäge hukugy zat eýeleri däl şahslaryň zat hukuklarynyň arasynda diňe birinji nobatdaky hukuk hökmünde jemagat reýestrine girizilýär. Bu nobatlylyk üýtgedilip bilinmez.

 

250 madda. Gurluşyk etmek hukugynyň ýatyrylmagy

 

Gurluşyk etmäge hukugy ýer uçastogynda gurlan gurluşyklaryň ýykylmagy bilen ýatyrylmaýar.

 

251 madda. Gurluşyk etmek hukugy ýatyrylan mahalynda töleg tölemek

 

1. Jaý gurmak hukugy ýatyrylan halatynda, ýer uçastogynyň eýesi uçastokda gurlan gurluşyklar üçin degişli tölegi gurluşyk etmek hukugynyň eýesine tölemelidir. Gurluşygyň gymmatynyň üçden iki böleginden az bolan pul degişli tölegiň tölenildigi hasap edilmeýär.

2. Ýer uçastogynyň eýesi tölegi tölemegiň ýerine bu hukugy gurluşyk etmek hukugynyň eýesi üçin gurluşygyň durmagynyň çak edilýän möhletine laýyk uzaldyp biler. Eger gurluşyk etmäge hukugynyň eýesi bu hukugyň uzaldylmagyndan ýüz dönderse, onda ol töleg tölemegi talap etmek hukugyny hem ýitirýär.

3. Gurluşyk etmäge hukugy ýatyrylan mahalynda gurluşyk etmäge hukugynyň eýesiniň gurluşygy ýa-da onuň aýrylmaz böleklerini başga ýere geçirmäge haky ýokdur.

 

252 madda. Töleg tölemek talaby baradaky hukugy bellige almak

 

1. Tölegi tölemek talaby baradaky hukuk, ýagny gurluşyk etmek hukugy ýatyrylan mahalynda ýüze çykan bu hukuk jemagat reýestrinde gurluşyk etmek hukugynyň ornuny tutýar we şol nobatlylyk ýagdaýynda hem onuň ornuny tutýar.

2. Eger gurluşyk etmek hukugy onuň möhleginiň gutarjak wagtynda şindizem ipoteka bilen üpjün edilmedik bolsa, onda ipoteka eýeiniň töleg tülemek hakyndaky talap üçin girew goýmak hukugy bardyr.

 

253 madda. Gurluşyk etmek hukugy ýatyrylan mahalynda hukugyň geçijiligi

 

Gurluşyk etmek hukugy ýatyrylan mahalynda ýer uçastogynyň eýesi hakyna ýa-da kärendesine bermek hakynda gurluşyk etmek hukugyna eýe bolan şahs tarapyndan baglaşylan şertnama gatnaşyja öwrülýär.

 

§ 2. UZUFRUKT

 

254 madda. Düşünje

 

Zat ýa-da hukuk başga şahsyň peýdalanmagyna berlip bilner, ýöne bular berlende şolar öz peýdasyna berilýän şahs bularyň eýesi hökmünde bu zady ýa-da hukugy peýdalanmaga hem-de olary üçünji şahslaryň peýdalanmagyna ýol bermezlige ygtyýarly bolar ýaly edilip berilmelidir, ýöne zat-hukuk eýesinden tapawutlanyp, onuň bu zady girew goýmaga, başga birine bermäge ýa-da miras boýunça bermäge hukugy ýokdur (uzufrukt). Bu zady ýa-da bu hukugy girew goýmak ýa-da kärendesine bermek üçin olaryň eýesiniň razyçylygy zerurdyr. Uzufrukt ýatyrylandan soň, zat-hukuk eýesi hakyna ýa-da kärendesine bermek barada dowam edip gelýän gatnaşyklara gatnaşyja öwrülýär.

 

255 madda. Uzufrukty bellemegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek

 

Uzufrukt gozgalýan we gozgalmaýan zatlar barasynda hem, maddy däl eşretler barasynda hem bellenilip bilner. Uzufrukt bellenilen mahalynda gozgalýan we gozgalmaýan zatlar, şonuň ýaly-da maddy däl eşretler edinilen mahalynda ulanylýan kadalar ulanylýar.

 

256 madda. Uzufruktyň görnüşleri

 

1. Uzufrukt tölegli we mugt bolup biler.

2. Uzufrukt wagtlaýyn ýa-da ony kabul eden şahsyň (uzufruktuariniň) bütin ömrüniň dowamynda dowam edip biler. Uzufrukt fiziki şahsyň aradan çykmagy bilen ýa-da özüniň peýdasyna uzufrukt  bellenilen ýuridiki şahsyň ýatyrylmagy bilen bes edilýär.

 

257 madda. Zadyň ýagdaýyny kesgitlemek

 

1. Uzfruktuariý we zat eýesi zady bermezden öňürti uzufrukt boýunça berilýän zatlaryň ýagdaýyny kesgitläp biler.

2. Zatlaryň topary barada uzufrukt bellenilen mahalynda uzufruktuariý we zat eýesi zatlaryň ýazgysy düzülen wagtynda birek-birege ýardam etmäge borçludyrlar. Zatlaryň ýazgysynda onuň düzülen güni hakynda bellik edilmelidir we oňa taraplaryň ikisi-de gol çekmelidir; her bir tarap goluň resmi suratda tassyklanylmagyny talap edip biler. Çykdajylary ýazgynyň düzülmegini ýa-da goluň tassyklanylmagyny talap etjek tarap töleýär.

 

258 madda. Uzufruktuariniň hukuklary we borçlary

 

1. Uzufruktuariý zada eýelik etmäge haklydyr.

2. Öz hukugyny amala aşyran mahalynda uzufruktuariý zadyň hojalyk taýdan ozalky niýetölenilişini saklamaga we oňa hojalygy talaba laýyk ýöretmek kadalaryna laýyklykda eýelik etmäge borçludyr.

3. Uzufruktuariniň şol zatdan başga zat ýasamaga ýa-da ony ymykly üýtgetmäge hukugy ýokdur.

4. Uzufruktuariý eýeçilige we hojalygy talaba laýyk ýöretmek kadalarynyň tersine aljak ýa-da aşa köp mukdarda aljak netijelerine bolan hukuga, eger munuň özi aýratyn ýagdaýlar sebäpli zerur bolsa, eýe bolýar. Şunuň ýaly halatda ol zat eýesine ony şeýle ulanmak netijesinde ýetirilen zeleli tölemäge borçludyr.

5. Uzufruktuariý zadyň hojalyk taýdan niýetölenilişine laýyklykda ony talaba laýyk saklamak hakynda alada etmelidir. Uzufruktuariý zadyň kadaly ýagdaýda könelmegi netijesinde üýtgemegi we ýaramazlaşmagy üçin jogapkärçilik çekmeýär. Ol zady öz adaty ýagdaýynda saklamak üçin diňe zerur bolan derejede zady gowulandyrmaga we bejermäge borçludyr.

6. Eger zadyň, ätiýaçlandyrylmagy hojalygy talaba laýyk ýöretmäge laýyk gelýän bolsa, onda uzufruktariý uzufruktyň bütin möhleti üçin zady öz hasabyna ätiýaçlandyrmaga borçludyr. Ätiýaçlandyryş amala aşyrylanda ol ätiýaçlandyrýan barasynda talap etmek hukugy zat eýesine berler ýaly edilip amala aşyrylmalydyr. Eger zat eýýäm ätiýaçlandyrylan bolsa, onda bütin uzufruktyň dowamynda uzufruktuariý ätiýaçlandyryş baýraklaryny tölemelidir, çünki ol zada ätiýaçlandyrmaga etmäge borçly bolardy.

7. Eger zat ýok edilen ýa-da oňa şikes ýetirilen bolsa, ýa-da zady gowulandyrmak we bejermek üçin adatdan daşary işleri geçirmek, ýa bolmasa şol zady öňünden görüp bolmajak howpdan goramak üçin çäre görmek zerurlygy ýüze çyksa, onda uzufruktuariý bu barada zat eýesine haýal etmän habar bermäge borçludyr. Şunuň ýaly borç üçünji şahs zat baradaky hukuk hakynda talap bildiren halatynda hem uzufruktuariniň üstüne ýüklenilýär.

8. Eger uzufruktuariý zat barasynda öz borçly bolmadyk çykdajylaryny eden bolsa, onda zat eýesiniň şol çykdajylary tölemek borjy keseki işleri tabşyryksyz ýöretmek hakyndaky görkezmelere laýyklykda kesgitlenilýär. Uzufruktuariý zady enjamlaşdyrmak üçin ulanan öz abzallaryny almaga haklydyr.

9. Eger ýer uçastogy inwentar bilen bilelikde uzufrukt hataryna girýän bolsa, onda uzufruktuariý hojalygy talaba laýyk ýöretmegiň çäklerinde inwentaryň aýry-aýry zatlaryna ygtyýar edip biler. Ol adatdaky ýitgileriň, öwezini dolmalydyr, şonuň ýaly-da hojalygy talaba laýyk ýöretmek işine laýyklykda, inwentaryň hatardan çykýan zatlaryny çalşyrmalydyr; onuň inwentara degişli alan zatlary inwentara goşulan pursatyndan başlap, şol inwentar kime degişli bol-sa, şol şahsyň eýeçiligine öwrülýär.

 

259 madda. Uzufruktyň bes edilmegi

 

1. Uzufruktuariý uzufruktyň möhleti gutarandan soň zady eýesine gaýtaryp bermäge borçludyr.

2. Uzufrukt zat baradaky eýeçilik hukugy bilen bir şahsda gabat gelýän bolsa, onda uzufrukt bes edilýär.

 

§ 3. Serwitutlar

 

260 madda. Düşünje

 

1. Ýer uçastogy başga bir ýer uçastogynyň (agalyk ediji ýer uçastogynyň) eýesiniň peýdasyna borçly edilip bilner, şunda ol agalyk ediji ýer uçastogynyň eýesiniň keseki ýer uçastogyny belli bir halatlarda peýdalanmak hukugy bolar ýaly ýa-da keseki ýer uçastogynda belli bir hereketler edilip bilner ýaly, ýa-da borçly edilen ýer uçastogyna bolan eýeçilik hukugyndan gelip çykýan hukugy agalyk ediji ýer uçastogy barasynda ulanyp bolmaz ýaly edilip berilmelidir (serwitut).

2. Taraplar wagtal-wagtal tölegler görnüşinde hak tölemek hakynda ylalaşyp bilerler.

 

261 madda. Serwitutyň şertleri

 

1. Serwitut ýer uçastogyndan peýdalanylan mahalynda ygtyýarly şahsa diňe artykmaçlyk berip biljek derejede bolup biler. Serwitutyň mazmuny ýokarda beýan edilen görkezmede bellenilen çäklerden çykyp bilmez.

2. Serwitut amala aşyrylan mahalynda ygtyýarly şahs borçly edilen ýer uçastogynyň eýesiniň bähbitlerini berjaý etmelidir.

 

262 madda. Borçly edilen uçastokdaky desgalary saklamak

 

Eger ýer serwitutyny amala aşyrmak üçin şol borçly edilen uçastokda desganyň bolmagyny talap edýän bolsa, onda bu ýer uçastogynyň eýesi bu desgany mümkingadar ygtyýarly şahsyň bähbitleriniň talap edişi ýaly derejede saklamalydyr diýlip kesgitlenilip bilner. Eger desgany bilelikde peýdalanmak hukugy ýer uçastogynyň eýesine degişli bolsa, onda ygtyýarly şahs desgany ýer uçastogynyň eýesiniň ýer uçastogyndan peýdalanmak hukugyny amala aşyrmagy üçin mümkingadar zerur bolşy ýaly saklamalydyr diýlip kesgitlenilip bilner.

 

263 madda. Agalyk ediji ýer uçastogyny bölmek

 

Ygtyýarly şahsyň ýer uçastogy bölünen mahalynda ýer serwituty ýer uçastogynyň aýry-aýry bölekleri barasynda hem güýjüni saklaýar; ýöne şübhe dörän mahalynda, serwitutyň diňe borçly edilen ýer uçastogynyň eýesi üçin has agram salmaz ýaly amala aşyrylmagyna ýol berilýär. Eger serwitut ýer uçastogynyň diňe bir bölegine artykmaçlyk berýän bolsa, onda serwitut ýer uçastogynyň galan bölekleri barasynda bes edilýär.

 

264 madda. Borçly edilen ýer uçastogyny bölmek

 

Borçly edilen ýer uçastogy bölünen mahalynda ýer serwitutynyň amala aşyrylmagy özlerine degişli bolmadyk uçastok bölekleri, eger serwituty amala aşyrmak işi borçly edilen ýer uçastogynyň belli bir böleginiň çygry bilen çäklendirilýän bolsa, ýer serwitutyndan boşadylýar.

 

265 madda. Ýer serwitutyny bozulmakdan goramak

 

Ýer serwituty bozulan halatynda ygtyýarly şahsa ak ýürekli eýelik ediji hukugy berilýär.

 

266 madda. Çäklendirilen şahsy serwitut

 

1. Gozgalmaýan zat şu Kodeksiň 260 maddasynda göz  öňünde tutulan şertlerde serwitut arkaly belli bir şahsyň peýdasyna berlip bilner. Şeýle ýagdaýyň özi ýaşamak üçin jaýdan ýa-da jaýyň bir böleginden peýdalanmak hukugynyň ygtyýarly şahsa berlip, jaý eýesiniň hem jaýy boşatmagyndan ybarat (çäklendirilen şahsy serwitut) bolup biler.

2. Çäklendirileň şahsy serwitut başga şahsa berlip bilinmez. Serwituty amala aşyrmak işi diňe şeýtmäge rugsat berlen halatynda başga şahsa berlip bilner.

 

6 BAP. TALABY ÜPJÜN ETMEGIŇ SERIŞDESI

HÖKMÜNDÄKI EÝEÇILIK

 

§ 1. Girew

 

267 madda. Girew

 

1. Başga şahslara berilmegine ýol berilýän gozgalýan zatlar we maddy däl eşretler talaby üpjün etmek üçin berlip bilner, özem şunda kreditoryň (girew saklaýjynyň) zadyň gymmatynyň hasabyna özüniň kanagatlandyrylmagyny talap etmäge haky bolmalydyr.

 2. Girew hukugy geljekki ýa-da şertli talap barasynda hem, eger girewiň ýüze çykan pursatyna çenli bu talabyň kesgitlenilmegi mümkin bolsa, bellenip bilner.

 

268 madda. Gozgalýan zatlary we gymmatly kagyzlary girew goýmagyň tertibi

 

1. Gozgalýan zatlary we gerek boldugyça indossirlenilýän gymmatly kagyzlary, şonuň ýaly-da beýleki maddy däl eşretleri başga şahslara bermek işi olary edinmek üçin bellenilen tertipde amala aşyrylýar. Eger emläk bilen baglanyşyklylykda üçünji şahslar barasynda talap bar bolsa, onda girew hukugy ýüze çykan mahalynda zadyň girew goýulmagy hakynda üçünji şahsa habar berilmegi hökmandyr.

2. Girew beriji we girew saklaýjy girewi notarial tertipde tassykladyp bilerler. Şeýle halatda girew jemagat reýestrinde bellige alnandan soň ýüze çykýar, şunda emläge eýelik etmegi bermek we girew hakynda beýleki kreditorlara aýtmak hökman däldir. Dokumentde girew berijiniň şahsyýeti, mümkin bolaýjak üçünji şahslaryň - bergidarlaryň, girew saklaýjynyň şahsyýeti, şonuň ýaly-da üpjün edilen talabyň möçberi, alynjak peýda we talaby kanagatlandyrmagyň möhleti görkezilmelidir.

 

269 madda. Borjy möhletinden öň ýerine ýetirmegiň netijeleri

 

Eger talap girew goýlan bolsa we bergidar öz borjuny girewiň möhleti tamamlanmazyndan öň ýerine ýetiren bolsa, onda borjy ýerine ýetirmek talaby (surrogasiýa) çalyşýar.

 

270 madda. Ynsaply girew saklaýjynyň hukuklary

 

Eger girew zady dokumenti bermek arkaly başga bir şahsa berilýän bolsa we girew saklaýjy girewiň ýüze çykan pursatyna çenli bu zada (hukuga) eýelik edýän bolsa, ýöne olary girewine bermäge hukugy ýok bolsa, onda girewi saklaýjy eger ol bu hakda bilmedik bolsa ýa-da bilip biljegem däl bolsa, ak ýürekli ediniji diýlip hasap edilýär. Girew saklaýjynyň bu ak ýürekliligi üçünji şahslara garanyňda oňa artykmaçlyk berýär.

 

271 madda, Girewiň çäkleri

 

Girewiň özi talaby we onuň bilen baglanyşykly beýleki goşmaça hukuklary üpjün edýär.

 

272 madda. Bergidaryň hukuklaryny edinmek

 

Eger girewe beriji şol bir wagtyň özünde girew arkaly üpjün edilen talabyň şahsy bergidary bolup durmaýan bolsa, onda ol girew saklaýjy şahsy bergidara degişli bolan garşylyk bildirip biler.

 

273 madda. Ileri tutulýan talaplar

 

Eger talap şol bir wagtyň özünde bergidaryň hem, üçünji şahslaryň hem emlägi bilen üpjün edilen bolsa, onda üçünji şahslar özleriniň emläginiň peýdalanylmagyndan öňürti bergidaryň emläginiň hasabyna ilki kreditorlaryň öz talaplarynyň kanagatlandyrylmagyny olardan talap edip biler.

 

274 madda. Girewiň predmetine girýän emläk gymmatlyklaryna girewiň degişli bolmagy

 

Girew eýeçilikde duran girew zatlaryny öz içine alýan emläk gymmatlyklarynyň hemmesine degişlidir.

 

275 madda. Eýelik etmegi bermek bilen baglanyşykly girew

 

1. Eger girew zady eýelik etmegi bermek bilen üpjün edilen bolsa, onda girew saklaýjy ony talaba laýyk saklamaga borçludyr. Ol üpjün edilen talabyň hasabyna goşulýan peýdany almaga haklydyr. Ol zat bilen baglanyşykly çekilen zerur çykdajylaryň  öwezini tölemegi girew saklaýjydan talap edip biler.

2. Eger girew saklaýjy öz üstüne ýüklenilen borçlary talaba laýyk ýerine ýetirmeýän bolsa, onda girewe beriji zadyň, üçünji şahsa berilmegini talap edip biler.

3. Eger girew goýlan zadyň ýok edilmik ýa-da onuň gymmatynyň düýpli arzanlamak howpy bar bolsa, onda girew beriji zadyň gaýtarylyp berilmegini talap edip biler we talaby üpjün etmegiň başga bir serişdesini girew saklaýja teklip edip biler. Girew saklaýjy girew goýlan zadyň ýok edilmek ýa-da onuň gymmatynyň düýpli arzanlamak howpunyň döränligi barada girew berijä haýal etmän habar bermäge we üljün etmegiň, başga bir serişdesini teklip etmek üçin, oňa möhlet bellemäge borçludyr. Eger girew beriji üpjün etmegiň başga bir serişdesi bu möhlet içinde teklip etmese, onda girew saklaýjynyň zady satmaga haky bardyr. Satuw mahalynda girew zadyny ýerlemegiň kadalary ulanylýar. Satmakdan düşen pul girew zadynyň ornuny tutýar. Girewiň möhleti tamamlanýança, bu pul degişli hasaplanyp goşulan pul bilen saklanylýar.

 

276 madda. Girew hukugy bellige alnanda girew berijiniň borçlary

 

1. Eger girew hukugy bellige alynýan bolsa, onda girew berijä girew zadyny saklamaga we oňa talaba laýyk göz-gulak bolmaga borçludyr. Onuň bu zatdan ozalkysy ýaly peýda almaga haky bardyr.

2. Eger girew beriji özüniň bu borçlaryny ýerine ýetirip bilmez öýdülse, onda girew saklaýjy zadyň özüne berilmegini talap edip biler. Eger gürrüň bellige alnan girew hukugy dogrusynda barýan bolsa, onda girew saklaýjynyň bu hakda bergidara - üçünji şahsa habar bermäge hukugy bardyr. Habar berlen pursatyndan başlap, bergidar girew saklaýjynyň talabyny möhleti gelenden soň ýerine ýetirmäge borçludyr.

 

277 madda. Soňraky girew

 

Girew saklaýjynyň girew zadyny soňra girew goýmak üçin girew berijiniň deslapky razyçylygy zerurdyr.

 

278 madda. Girew predmeti hakyndaky geleşikleri baglaşmak

 

Girew predmeti hakyndaky geleşikleri baglaşmak üçin girew saklaýjynyň deslapky razyçylygy zerurdyr.

 

279 madda. Birnäçe gezekki girew

 

Şol bir zadyň özi birnäçe gezek girew goýlup bilner. Her gezegiň nobaty girew pursatyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

280 madda. Girew saklaýjynyň hukuklaryny goramak

 

Eger girew saklaýjynyň öz hukugyny amala aşyrmagyna päsgelçilik berilýän bolsa, onda ol päsgel berýän şahs barasynda zat eýesiniňki ýaly hukuklary peýdalanyp biler.

 

281 madda. Girew hukugynyň täze kreditora geçmegi

 

1. Talap hukugynyň üçünji şahsa geçmegi bilen girew hukugy hem täze kreditora geçýär.

2. Girew zadynyň başga birine berilmegi netijesinde üçünji şahslaryň hersiniň ýagdaýy ýaramazlaşjak bolsa, onda ol talaby ýerine ýetirmäge we şeýlelikde girew hukugyny öz üstüne almaga haklydyr.

3. Degişli talap berilmezden, girew zady başga bir şahsa berlip -bilinmez. Eger talap başga birine berlen mahalynda girew zadynyň birine geçmegi aradan aýrylsa, onda girew hukugy hem aýrylýar.

 

282 madda. Girewiň bes edilmegi

 

Girew öz hyzmat edýän talaby bilen bir wagtyň özünde bes edilýär.

 

283 madda. Girewden ýüz döndermek arkaly girewiň bes edilmegi

 

1. Girewi saklaýjy girew zadyndan özüniň ýüz dönderýändigini girew berijä ýa-da zat eýesine aýdan mahalynda, girew bes edilýär.

2. Eger girew eýelik etmegiň berilmegi bilen üpjün edilen bolsa, onda eýelik etmek girew berijä gaýtarylyp berlen mahalynda girew bes edilýär.

 

284 madda. Girew zadynyň girew saklaýjynyň eýeçiligine geçmegi netijesinde girewiň bes edilmegi

 

Eger girew eýeçilik hukugy bilen birlikde bir şahsyň elinde bolup çyksa, onda girew bes edilýär. Bu kada girewiň talaby üpjün etmek üçin ulanylýandygyna görä, üçünji şahsyň hukuklarynyň talap bilen baglanyşygy dowam edip durýan wagtynda ulanylmaýar.

 

285 madda. Girew bes edilen mahalynda girew saklaýjynyň borçlary

 

Eger girew bes edilen bolsa, onda girew saklaýjy özündäki zady girew berijä ýa-da zat eýesine gaýtaryp bermäge borçludyr.

 

286 madda. Girew saklaýjynyň talaplaryny kanagatlandyrmak

 

1. Girew saklaýjynyň talaplary girew zadyny satmak arkaly ýa-da şol zadyň başga hili ýerlenilmegine laýyklykda kanagatlandyrylýar.

2. Eger pul talabyny doly ýa-da kem-käs ýerine ýetirmegiň möhleti gelse, onda girew saklaýjynyň zady ýerlemäge haky bardyr.

 

287 madda. Eýeçilik hukugynyň girew saklaýja gös-göni geçmegi hakyndaky ylalaşygyň hakyky däldigi

 

Eger girew saklaýjynyň talaby kanagatlandyrylmajak ýa-da öz wagtynda kanagatlandyrylmajak bolsa, girew zadyna bolan eýeçiligiň girew saklaýja geçmegine getiren ylalaşyk hakyky däldir.

 

288 madda. Girew zadyny satmak

 

Girew saklaýjynyň girew goýlan zady diňe onuň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin zerur bolan mahalynda satmaga hukugy bardyr.

 

289 madda. Birnäçe gezek girew goýlan zady satmak

 

Eger zat birnäçe gezek girew goýlan bolsa, onda ony satmagy talap etmäge öz girew hukugy beýleki şahslaryň girew hukugyndan öň ýüze çykýan girew saklaýjynyň hukugy bardyr. Eger ol bu hukukdan peýdalanmakdan ýüz dönderse, onda soňraky girew saklaýjylaryň hem girew hukugy bardyr.

 

290 madda. Girew zadynyň satmak hukugy bar bolan şahsa berilmegi

 

1. Girew zady ony satmaga hukugy bar bolan girew saklaýja berilmelidir.

2. Eger talabyň durmuşa geçirilmegi ol ýa-da beýleki ýurndiki hereketiň edilmegine bagly bolsa, onda girew saklaýjy bu hereketiň amala aşyrylmagyny girew berijiden talap edip biler. Eger girew beriji girew saklaýjynyň talabyny iki hepdäniň dowamynda ýerine ýetirmese, onda girew saklaýjynyň üçünji şahslar barasynda bu hereketi girew berijiniň adyndan amala aşyrmaga hukugy bardyr.

 

291 madda. Zadyň satyljagy hakynda duýdurmak

 

Girew saklaýjy zadyň satyljakdygyny zat eýesine duýdurmaga borçludyr, şunda ol zadyň satylmagy netijesinde näçe puluň düşüp biläýjekdigini görkezmäge borçludyr. Duýduryş edilenden soň iki hepde geçýänçä zat ýerlenilip bilinmez.

 

292 madda. Zady jemagat öňünde geçirilýän söwdalarynda satmak

 

1. Girew zady jemagat söwdalarynda satylýar.

2. Eger girew zadynyň birža ýa-da bazar gymmaty bar bolsa, onda girew saklaýjy zady satmagy ýörite söwda edaralaryna ynanyp biler.

 

293 madda. Girew zadyny materialyň gymmatyndan arzan nyrhdan satmaga ýol bermezlik

 

Girew zady materialyň gymmatyndan has arzan nyrhdan satylyp bilinmez. Girew berijiniň talap ztmegi boýunça zat satylmazyndan öň şol nyrhy ekspert belleýär.

 

294 madda. Girew zadyny satmagyň beýleki kadalary

 

1. Zat eýesi we girew saklaýjy zady şu bapda beýan edilen tertipden tapawutlanýan başga tertipde satmaga razylaşyp bilerler. Eger girew zadyna üçünji şahsyň hukugy bar bolsa we girew zadyny satmagyň netijesinde bu hukuk bes edilýän bolsa, onda şol zady elden almak üçin şol üçünji şahsyň razyçylygy zerurdyr.

2. Eger girew zadyny satmagyň öňküden tapawutlanýan tertibi taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýän bolsa, onda taraplaryň her biri zadyň bu tertipde satylmagyny talap edip biler. Eger taraplar bardy-geldi ylalaşyk gazanyp bilmeseler, onda bu barada sud çözgüt çykarýar.

 

295 madda. Girew saklaýjynyň we zat eýesiniň söwdalara gatnaşmagy

 

Girew saklaýjy we zat eýesi söwdalara bilelikde gatnaşyp bilerler. Eger bermeli pul nagt tölenilmese, zat eýesiniň teklip eden nyrhy ret edilip bilner.

 

296 madda. Nagt pula satmak

 

Girew predmeti alyjynyň satyn alyş puluny haýal etmän nagt pul bilen tölemek şerti bilen satylyp bilner, eger şeýdilmese diňe öz hukuklaryny ýitirmek şerti bilen satylyp bilner. Zat şeýle şertsiz satylan mahalynda, satyn alyş nyrhyna girew saklaýjynyň alan nyrhy hökmünde garalmalydyr; onuň alyjy barasyndaky hukuklary gozgalmaýar.

 

297 madda. Girew zadyny kanuny esasda eýeçilikden aýyrmagyň netijeleri

 

1. Girew zadyny kanuny esasda eýeçilikden aýyrmagy we zat edinijä berilmegi bilen birlikde onuň zady zat eýsinden adandaky ýaly hukuklar hem oňa geçýär.

2. Eger zat girew zady hökmünde özünden aýrylan bolsa, şunda alyjynyň girew hukugy hem ýok bolsa ýa-da öz talaplarynyň kanagatlandyrylmagy üçin zady satmak zerurlygy ýok bolsa, onda ak ýurekli ediniji her halda borç ýüklenilmedik eýeçilige eýe bolýar.

 

298 madda. Talaplary durmuşa geçirmek tertibi

 

Talaplar kreditoryň peýdasyna bergidaryň töleg tölemegi arkaly kanagatlandyrylýar.

 

299 madda. Zady satmakdan düşen pul

 

Girew zadyny satmakdan nähili möçberde pul düşen bolsa, ol şol möçberde hem girew saklaýjyny kanagatlandyrmak maksady bilen, oňa degişli bolýar, şonda talap zat eýesi tarapyndan ýerine ýetirildigi hasap edilýär. Düşen puluň galanyna girewiň ornuny tutýan üpjünlik hökmünde garalýar.

 

§ 2. Ipoteka

 

300 madda. Düşünje

 

1. Gozgalmaýan zat talaby üpjün etmek üçin, ýagny şol zat öz peýdasyna berlen şahsyň şol şahsyň hasabyna öz talabynyň kanagatlandyrylmagy baradaky hukuk berler ýaly edilip berlip bilner (ipoteka).

2. Ipoteka geljekki ýa-da şertli talap barasynda, eger ipotekanyň bellenilen pursatyna çenli bu talap kesgitlenilip bilinjek bolsa bellenip bilner. Şonuň ýaly-da gozgalmaýan emlägiň hasabyna talap kanagatlandyrylyp bilinjek çäklerdäki aňrybaş summa kesgitlenip bilner. Bu summa kesgitlenýär we jemagat reýestrine girizilýär.

3. Ipoteka bilen üpjün edilen talap başga bir talap bilen çalşyrylyp bilner. Munuň üçin zat eýesi bilen kreditoryň (ipoteka eýesiniň) ylalaşygy we bu ylalaşygyň jemagat reýestrinde bellige alynmagy zerurdyr.

 

301 madda. Umumy ipoteka

 

Eger talaby üpjün etmek üçin birnäçe zat barada ipoteka bellenilen bolsa (umumy ipoteka), onda her bir zat barada talap doly möçberinde töledilip alnyp bilner. Kreditor özüniň makul bilşine görä aýratynlykda alnan her bir zadyň hasabyna özüniň tutuş ýa-da bölekleýin kanagatlandyrylmagyny talap edip biler.

 

302 madda. Zat eýesiniň ipotekasy

 

Üpjün etmek üçin ipoteka bellenilen talap ýüze çykmadyk bolsa, bes elilen bolsa ýa-da gozgalmaýan zadyň eýesine geçýän bolsa, onda ipoteka oňa (zat eýesiniň ipotekasy) geçýär.

 

303 madda. Ipotekany bellige almak

 

1. Ipoteka jemagýat reýestrinde bellige alnan pursatyndan başlap ýüze çykýar. Ony bellige almak işi gozgalmaýan zadyň eýesiniň we ipoteka eýesiniň notarial tertipde tassyklanylan dokumentleri bellenilen tertipde berenden soň geçirilýär. Bu dokumentlerde gozgalmaýan emlägiň eýesi, ipoteka eýesi, çak edilýän bergidar-üçünji şahs, şonuň ýaly-da üpjün edilen talabyň göwrümi alynjak peýda we ýerine ýetirmegiň, möhleti görkezilýär.

2. Ipoteka bellenilende kreditoryň ipotekadan gelip çykýan hukugy diňe üpjün edilýän talabyň mazmuny bilen kesgitleniler ýaly hem-de kreditor öz talabyny tassyklamak üçin bellige alynmagyna salgylanyp bilmez ýaly edilip bellenilmelidir. Şunuň ýaly ipoteka kepillendirilen (üpjünçilikli) ipoteka hökmünde reýestre girizilýär. Uly summalar baradaky ipotekalar diňe kelillendirilen ipotekalar bolup biler.

 

304 madda. Ipoteka arkaly gozgalmaýan zadyň birnäçe gezek berlip bilinmegi

 

1. Gozgalmaýan şol bir zat ipoteka arkaly birnäçe gezek berlip bilner. Munuň nobaty ipotekany bellemek wagtyna laýyklykda bellenilýär.

2. Eger gozgalmaýan zadyň eýesi ipotekany eýeçilik hukugy bilen birlikde bir şahsda birleşdirmek şerti bilen ipotekany bes etmegi başga bir şahsyň öňünde borç edinýän bolsa, onda bu borçnama jemagat reýestrinde bellige alnyp biler.

 

305 madda. Ipotekaly üpjün edilen talabyň şahsy bergidary bolmadyk zat eýesiniň hukuklary

 

1. Eger gozgalmaýan zadyň eýesi şol bir wagtda ipotekaly üpjün edilen borçnamanyň şahsy bergidary bolup durmaýan bolsa, ol her halda ipoteka eýesine garşylyklaýyn talap bildirip biler, şeýle talaby bildirmäge bolsa diňe şahsy bergidar hukuga eýedir, hususanda, bu pul borçnamalaryny hasaba almak baradaky garşylyklaýyn talaplar we talap barada şikaýat etmek bilen baglanyşykly hukuga eýedir.

2. Eger talaby ýerine ýetirmek möhleti özara gatnaşyklaryň bes edilmegine bagly bolsa, bu bes ediş diňe bu barada zat eýesi kreditora ýa-da kreditor zat eýesine mälim eden halatynda hakykydyr.

 

306 madda. Zat eýesiniň kreditory kanagatlandyrmak hukugy

 

1. Gozgalmaýan zadyň eýesi kreditory kanagatlandyrmak möhleti eýýäm gelen ýa-da şahsy bergidar degişli hereketi etmäge ygtyýarly bolan mahalynda kreditory kanagatlandyrmaga haklydyr.

2. Eger zat eýesi şahsy bergidar bolup durmaýan bolsa, onda talap zat eýesi kreditory kanagatlandyrýan halatynda oňa geçýär.

3. Kreditory kanagatlandyran mahalynda zat eýesi jemagat reýestrine düzediş girizmek üçin ýa-da ipotekany bes etmek üçin zerur bolan dokumentleri talap edip biler.

 

307 madda. Ipotekanyň gozgalmaýan zadyň miwelerine degişli bolmagy

 

1. Eger gozgalmaýan zadyň miweleri kadaly hojalyk işi netijesinde gazanylmadyk bolsa ýa-da olar entek eýeçilikden aýrylmadyk bolsa, onda ipoteka şol gozgalmaýan zadyň miwelerine hem degişlidir.

2. Ipoteka bilen baglanyşyklylykda talap baradaky prosentler we sud harajatlary gozgalmaýan emlägiň hasabyna ýapylýar.

 

308 madda. Ipoteka arkaly berlen zady saklamak borjy

 

1. Zat eýesi zadyň hakyky gymmatyny saklamaga borçludyr. Eger ipotekanyň howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy sebäpli, howp döreýän bolsa, onda kreditor bu howpuň öňüni almak üçin zat eýesine degişli möhlet belläp biler.

2. Eger zat ätiýaçlandyrylan bolsa, onda ätiýaçlandyryş guramasy ýagdaýlar ýaramazlaşandan soň ätiýaçlandyryş puluny ätiýaçlandyrýana zelel ýetmek halaty kreditora diňe habar berlen mahalynda töläp biler. Eger kreditor bu pul zady dikeltmek üçin peýdalanylmaz öýdüp howatyrlansa, onda kreditor onuň tölenilmegine päsgelçilik berip biler.

3. Eger zat eýesinin öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmejekdigi aýdyň bolsa, onda kreditor zady dolandyrmagyň özüne berilmegini talap etmäge haklydyr. Bu talap boýunça çözgüdi sud çykarýar.

4. Eger ylalaşyga görä zat eýesi gozgalmaýan zady eýeçilikden aýyrmazlyk, peýdalanmazlyk ýa-da başgaça derejede bermezlik borçnamasyny öz üstüne alýan bolsa, onda şol ylalaşyk hakyky däldir. Şunuň ýaly geleşigiň üçünji şahslar üçin hakyky bolmagy kreditorlaryň razyçylygyna bagly bolup bilmez.

 

309 madda. Ipotekanyň we onuň üpjün edýän talabynyň başga şahsa geçmegi

 

Ipoteka we onuň üpjün edýän talaby diňe bir wagtyň özünde we bilelikde başga şahsa berlip bilner. Talap täze kreditora berlen mahalynda, ipoteka hem oňa geçýär. Ipoteka hakynda notarial tertipde tassyklanylan dokumenti diňe täze kreditora bermek we ony täze kreditor hökmünde jemagat reýestrinde bellige almak şerti bilen talabyň berilmegi hakyky hasap edilýär.

 

310 madda. Bergidaryň täze kreditoryň öňündeki borçlary

 

Eger bergidar talap täze kreditora geçenden soň köne kreditora hak töleýän bolsa, ol bu talabyň täze kreditora geçmegi hakynda hiç zat bilmeýän halatynda hem, şol töleg ony kreditoryň, öňündäki borçnamalaryndan boşatmaýar.

 

311 madda. Ipoteka we talap täze kreditora geçýän mahalynda jemagat reýestrindäki ýazgynyň hakykylyk prezumpsiýasy

 

Ipoteka bilen talap hem öňki kreditor mahalynda bolşy ýaly, täze kreditora geçýär. Jemagat reýestrinde bellige alnan maglumatlar kreditoryň bähbitlerinden ugur alnyp, dogry maglumatlar diýlip hasap edilýär. Şunuň ýaly halatda bergidar talabyň ýokdugyna salgylanyp bilmez. Eger täze kreditor reýestrdäki düzedilmedik ýazgylary bilýän bolsa, onda bu kada ulanylmaýar.

 

312 madda. Üçünji şahslaryň hukuklary

 

1. Ipotekanyň amala aşyrylmagy sebäpli özüniň ýagdaýy ýaramazlaşan islendik üçünji şahs talaby ýerine ýetirmäge, şeýlelik bilenem ipotekany özüne geçirmäge haklydyr. Kreditor kanagatlandyrylan mahalynda, bu üçünji şahs degişli suratda tassyklanylan dokumentleri we özüniň ipoteka eýesi hökmünde bellige alynmagyny talap edip biler.

2. Eger şahsy bergidar kreditory kanagatlandyrýan bolsa, onda ipoteka oňa geçýär we ol tölegiň özüne tölenilmegini zat eýesinden talap edip biler.

 

313 madda. Kreditoryň talapdan ýa-da ipotekadan ýüz döndermegi

 

1. Eger kreditor talapdan ýa-da ipotekadan ýüz dönderýän bolsa, onda zat eýesi ipoteka eýesine öwrülýär. Bu ýüz dönderişiň jemagat reýestrinde bellige alnan mahalynda ýuridiki güýji bardyr.

2. Kreditor ipotekadan ýüz dönderip, talapdan ýüz döndermeýän bolsa, şahsy bergidar, eger ol öz nobatynda ipotekadan özüne tölenilmeli tölegi alyp biljek bolsa, her halda azatdyr.

3. Eger zat eýesiniň ipotekany uzak wagtlap peýdalanmagy aradan aýyrýan derejedäki jedelleşmek hukugy bar bolsa, onda ol ipotekadan ýüz döndermegini kreditordan talap edip biler.

 

314 madda. Ipoteka arkaly berlen zady satmak talaby

 

1. Eger bergidar üpjün etmek serişdesi ipotekadan ybarat bolan talabyň kanagatlandyrylmagyny uzaga çekdirýän bolsa, onda ipoteka eýesi gozgalmaýan zadyň satylmagyny talap etmäge haklydyr.

2. Gozgalmaýan zat şu bapda beýan edilen kadalara we Graždan prosessual kodeksiniň normalaryna laýyklykda satylýar. Bu kodeksiň normalary ýörite normalar hökmünde ulanylýar.

 

315 madda. Mejbury satmak

 

1. Kreditoryň arzasy esasynda sud zady jemagat öňünde geçirilýän söwdalarda mejbur ediş tertibinde satýar; sud spesialisti (eksperti) belleýär.

2. Suduň çözgüdi hakynda köpçülige habar berilýär. Mundan başga-da sud reýestre girizilen jemagat öňünde geçirilen söwdalarda zadyň satyljakdygyny ygtyýarly şahslara habar bermäge borçludyr.

 

316 madda. Gozgalmaýan zatlary satmagyň başga formalary

 

1. Sud zat eýesiniň we kreditoryň bilelikdäki arzasy boýunça zady satmagyň başga formasyny belläp biler. Sud şunuň ýaly çözgüdi çykarmazyndan öň, taraplaryň pikirini diňlemelidir.

2. Gozgalmaýan zada eýeçiligiň kreditora geçmegine getirýän ylalaşyk, eger kreditor kanagatlandyrylmasa ýa-da kanagatlandyrylyşy ýeterlik bolmasa hakyky däldir.

 

317 madda. Bergidaryň satmakdan soňky hukuklary

 

1. Zady jemagat öňündäki söwdalarda satmak hakynda çözgüt çykarylandan soň, bergidar zadyň miwelerini  özünde goýmaga bolan hukugyny ýitirýär.

2. Eger bergidaryň özi ýa-da öz maşgalasy bilen ipoteka arkaly berlen jaýda ýa-da jaýyň bir böleginde ýaşaýan bolsa, onda ol kireýine alyjy bolup galýar we munuň üçin bazar şertlerine laýyklykda hak tölemelidir.

 

318 madda. Söwdalaryň öňüni almak

 

1. Zat eýesi ýa-da üçünji şahs söwdalar netijesinde özleriniň hukuklary bozulyp bilinjek bolsa, talaplary kanagatlandyrmak arkaly söwdalary togtatmaga haklydyr.

2. Söwdalaryň geçirilmegi, eger ygtyýarly şahs ony togtatmak arkaly söwdanyň öňi alnyp bilner diýip hem-de zat eýesiniň şahsy we ykdysady özara gatnaşyklaryndan ugur alnyp ýa bolmasa berginiň häsiýetine laýyklykda söwdany togtatmagy kabul ederlikli diýip hasap etse, zat eýesiniň suda arza bermegi arkaly alty aýdan köp bolmadyk möhlet bilen togtadylyp bilner. Eger söwdany wagtlaýyn togtatmak kreditor üçin amatsyz ýaramaz netijelere getirjek bolsa, onda arza kanagatlandyrylmaly däldir.

 

319 madda. Kreditoryň, bergidaryň we zat eýesiniň söwdalara gatnaşmagy

 

Kreditor, bergidar we zat eýesi söwdalara gatnaşmaga haklydyr, ýöne söwda wagtynda bergidar bilen kreditor ekspertiň talaba laýyk diýip ykrar etjek üpjünçiligini berjaý etmelidirler.

 

320 madda. Söwdalary gaýtadan geçirmek

 

Eger ilkinji söwdalar wagtynda ekspert tarapyndan baha kesilen zadyň gymmatynyň ýetmiş prosentini düzýän hyrydarlyk teklip edilmese, onda söwda täzeden geçirilmelidir. Gaýtadan geçirilýän söwdalar ilkinji söwda ýaly görnüşde yglan edilmelidir we şonda söwdalaryň gaýtadan geçirilýändigi görkezilmelidir. Gaýtadan geçirilýän söwda wagtynda iň pes nyrh iň bolmanynda şol söwdanyň geçirilmegi üçin edilen çykdajylary ýapmak we kreditoryň talabyny ödemek üçin ýeterlik bolmalydyr. Eger şeýle bolmasa, onda söwdalar geçirilmeýär. Söwda geçirmek üçin edilen çykdajylar zat eýesiniň üstüne ýüklenýlýär.

 

321 madda. Zadyň satylmagy netijesinde söwdalary ýatyrmak

 

1. Söwdalarda zady alyjy mejbury ýerine ýetirişi amala aşyrýan eksperte satyn alyş nyrhyny aýtmaga borçludyr, ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly çykdajylar bolsa bu satyn alyş nyrhyndan çykylýar.

2. Satyn alyjy zadyň gymmatyny diňe töländen soň, şol zadyň eýesine öwrülýär.

3. Eýeçilik hukugynyň başga birine geçmegi netijesinde ähli ipotekalar we zadyň berilmegine hukuk berýän hem-de mejbury ýerine ýetirişi amala aşyran kreditoryň ipotekasyndan soň bellige alnan zat hukuklary bes edilýär. Zat barada çäklendirilen ähli beýleki hukuklar üýtgedilmän galýar.

4. Zadyň täze eýesi eýeçilik hukugynyň başga birine geçýän pursatynda hakyna tutmak we kärendesine bermek baradaky gatnaşyklara gatnaşyja öwrülýär. Eýeçilik hukugynyň şol hukugy täze zat edinijä geçmegi bilen baglanyşyklylykda, bazar şertlerine laýyklykda ilkibaşky zat eýesine hakyna tutujy hökmünde garalýar.

 

322 madda. Zat satmakdan düşen puly paýlamagyň tertibi

 

1. Eger zady satmaga ygtyýarly şahs ýeke-täk ipoteka eýesi hökmünde bellige alnan bolsa ýa-da söwdalardan alnan girdejiler ähli kreditorlaryň talabyny deýän bolsa (çykdajylar çykylandan soň), onda ekspert çykdajylary takyklandan soň, satyn alyş nyrhyny kreditorlara paýlaýar. Onuň galan bölegi zady satylan şahsa berilýär.

2. Eger satyn alyş nyrhy ipoteka arkaly üpjün edilen ähli talaplary kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolmasa, onda ekspert çykdajylary takyklaýar, galan serişdäni ýörite sçýota geçirýär, reýestrdäki ýazgylaryň nobatyna laýyklykda paýlamagyň planyny düzýär we ony suda getirip berýär. Sud bu plany tassyklaýar we plan esasynda paýlamalydygyny ekspertlere gö0rkezýär.

 

323 madda. Söwdalaryň talaba laýyk däl geçirilmegi bilen baglanyşyklykda döwletiň raýdaş jogapkärçiligi

 

Eger resmi bellenilen ekspert söwdalary geçirmek bilen baglanyşykly öz üstüne ýüklenilen borçlary ýerine ýetirmeýän bolsa, onda şonuň netijesinde ýeten zyýan üçin döwlet we ekspert gatnaşyjylaryň öňünde deň jogapkärçilik çekýärler.

 

324 madda. Zady mejbur ediş tertibinde dolandyrmak

 

1. Mejbur ediş tertibinde ýerine ýetirmäge ygtyýarly edilen ipoteka eýesiniň arzasy esasynda sud söwdalarda zady mejbur ediş ýoly bilen eýeçilikden aýyrmagyň ýerine zady mejbur ediş tertibinde dolandyrmagy (sekwester) belläp biler. Şunuň ýaly halatlarda sud zady dolandyryjyny belleýär ýa-da dolandyrmak wezipesini hususy zat eýesine berýär.

2. Çözgüt çykarmazyndan öň sud jemagat reýestrinde bellige alnan we özleriniň hukuklary mejbury ediş tertibinde dolandyryş arkaly kemsidilip bilinjek şahslaryň pikirini diňlemelidir.

3. Mejbur ediş tertibinde dolandyryşyň amala aşyrylmagy netijesinde girdejiler dolandyryş üçin edilýän gündelik çykdajylardan artar diýlip çak edilýän bolsa, onda diňe şonuň ýaly halatda mejbur ediş tertibinde dolandyryş bellenilip bilner.

4. Eger bergidaryň özi ýa-da öz maşgalasy bilen mejbury dolandyrylýan jaýda ýa-da jaýyň bir böleginde ýaşaýan bolsa, onda ol ýaşaýyş jaýyndan peýdalanýandygy üçin bazar şertleri boýunça hak tölemelidir.

5. Zady dolandyryjy zadyň miwelerini alýar hem-de özi tarapyndan düzülen we sud tarapyndan tassyklanylan plan esasynda ýylyň ahyrynda şol miweleri paýlaýar, şunda ähli çykdajylar, şol sanda dolandyrmak üçin edilen çykdajylar hem ondan çykylýar.

6. Eger kreditor kanagatlandyrylýan bolsa ýa-da şonuň ýaly dolandyryş arkaly kreditorlaryň kanagatlandyrylmagynyň gazanylyp bilinmejekdigi aýdyň bolsa, şonuň ýaly halatda mejbur ediş tertibindäki dolandyryş bes edilmelidir.

 

4 BÖLÜM. JEMAGAT REÝESTRI

 

325 madda. Jemagat reýestrini bellemek

 

1. Jemagat reýestri gyzyklanýan islendik şahsyň onuň bilen tayşmagy üçin elýeterli bolmalydyr. Jemagat reýestrine eýeçilik hukugy we gozgalmaýan zatlara bolan beýleki zat hukuklary girizilýär.

2. Jemagat reýestrini guramagyň tertibi aýratyn kanun arkaly kesgitlenilýär.

 

326 madda. Reýestriň maglumatlarynyň hakykylyk we dolulyk prezumpsiýasy

 

1. Reýestriň maglumatlary barasynda ygtybarlylyk we dolulyk prezumpsiýasy hereket edýär, ýagny şol ýazgynyň nätakyklygy subut edilýänçä, reýestrdäki ýazgy ygtybarly ýazgy diýlip hasap edilýär.

2. Geleşik esasynda başga bir şahsdan haýsydyr bir şahsyň peýdasyna edinilýän hukuk eger-de şony elden berýän şahsyň adyna bellige alnan bolsa, onda reýestrde edilen ýazgy ygtybarly ýazgy diýlip hasap edilýär, bu ýazgy barada protest bildirilen ýa-da ýazgynyň nätakyklygyny hukugy ediniji şahsyň bilmedik halatlary muňa girmeýär.

 

327 madda. Nätakyk ýazgyny düzetmek üçin razyçylygy talap etmek

 

1. Eger eýýäm özüne degişli bolmadyk hukuk hakyndaky ýazgy reýestre şol şahsyň adyna girizilen bolsa, onda şunuň ýaly bellige almak netijesinde öz hukuklary we hukuk ýagdaýy kemsidilen şahs, hukuklary düzedilmeli şahsdan ýazgyny düzetmek üçin  razyçylygy talap edip biler.

2. Eýesiniň kimdigini takyklamak üçin, reýestriň ygtybarsyzlygy barada şikaýat edilip bilner. Şikaýat edilen mahalynda reýestriň ygtybarsyzlygy çak edilýär.

 

328 madda. Reýestrde bellige alnan hukuklaryň nobatlylygy

 

1. Reýestrde bellige alnan hukuklaryň nobatlylygy degişli suratda şol hukuklaryň bellige alnan wagtynyň yzygiderliligine laýyklykda kesgitlenilýär. Bellige almak hakyndaky arzanyň berlen güni bellige alnan wagt diýlip hasap edilýär.

2. Nobatlylyk soňra üýtgedilip bilner. Munuň üçin nobatyny çalyşýan şahslaryň razyçylygy we üýtgetmäniň reýestrde bellige alynmagy zerurdyr.

3. Ol ýa-da beýleki hukuk bellige alnan mahalynda, zat eýesi haýsy-da bolsa bir hukugyň başga hukukdan öň bellige alynmagy barada şert goýup biler. Bu şert hem bellige alynmalydyr.

 

329 madda. Jemagat reýestrindäki deslapky ýazgy

 

1. Bellige alynýan zada bolan hukugy bellige almak hakyndaky talaby üpjün etmek üçin, reýestrde deslapky ýazgy ýazylyp bilner. Şunuň ýaly ýazgynyň ýazylmagyna geljekki talaplary ýa-da şertli talaplary üpjün etmek üçin ýol berilýär.

2. Deslapky ýazgydan soň bellige alynmagynyň, eger bu bellige alyş onuň talabyny kemsitmeýän ýa-da onuň talabyny bes etmeýän bolsa, deslapky bellige almak arkaly goralan şahs barasynda hiç hili täsiri bolmaýar.

3. Deslapky ýazgy özüniň bellige alynýan zadyna şol ýazgy degişli bolan şahsyň rugsat bermegi bilen eýesini takyklamak üçin bellige alynýar.

4. Deslapky ýazgy öz zadyna degişli bolan şahsyň şikaýat etmäge hukugy bar bolsa we bu şikaýat deslapky ýazgy bilen üpjün edilen zadyň uzak wagtyň dowamynda peýdalanylmagyny aradan aýyrýan bolsa, onda ol deslapky ýazgynyň ýatyrylmagyny kreditordan talap edip biler.

5. Eger haýsy-da bolsa bir hukugyň edinilmegi deslapky ýazgy özüniň peýdasyna ýazylan şahs üçin hakyky däl bolsa, onda ol bellige almaga razyçylyk bermegini hukugy edinijiden talap edip biler, bu razyçylyk bolsa deslapky ýazgy arkaly üpjün edilen talaby amala aşyrmak üçin zerurdyr.

 

3 BÖLEK.

BORÇNAMALAÝYN HUKUK

 

1 BÖLÜM.

BORÇNAMALAR HAKYNDAKY UMUMY DÜZGÜNLER

 

330 madda. Düşünje

 

1. Borçnama bilen baglanyşyklylykda kreditor haýsy-da bolsa bir hereketi etmegi bergidardan talap etmäge haklydyr. Borçnamany ýerine ýetirmek bergidaryň hereket etmekden saklanmagyndan ybarat bolup hem biler.

2. Özüniň mazmunyny we häsiýetini nazara alyp, borçnama beýleki tarapyň hukuklary we emlägi barada aýratyn alada etmegi taraplaryň her biriniň üstüne ýükläp biler. Borçnamalaýyn gatnaşyklar diňe şonuň bilen çäklendirilip bilner.

 

331 madda. Şertnama

 

1. Borçnamanyň ýüze çykmagy ýa-da onuň mazmunyny üýtgetmek üçin şertnama gatnaşyjylaryň arasynda şertnama baglaşylmagy zerurdyr, ýöne borçnamanyň zelel ýetirilmegi (delikt), esassyz baýlaşmak ýa-da kanunda göz öňünde tutulan gaýry esaslar zerarly ýüze çykýan halatlary muňa girmeýär.

2. Şu Kodeksiň 330 maddasynda göz öňünde tutulan borçnamalar şertnama taýýarlamak esasynda hem ýüze çykyp biler.

3. Gepleşiklere gatnaşyjy şertnama baglaşmak üçin çekilen çykdajylary tölemegi, eger şol şertnama beýleki gatnaşyjynyň geleňsizligi zerarly baglaşylmadyk bolsa, beýleki gatnaşyjydan talap edip biler.

 

332 madda. Maglumat bermek

 

Borçnamadan ol ýa-da beýleki maglumaty almak hukugy gelip çykyp biler. Maglumat bermek diýlende degişli dokumentleri bermek borjuna girýär. Maglumat bermek işi bu maglumatyň borçnamanyň mazmunyny kesgitlemek üçin ähmiýeti bar bolan we kontragentiň şonuň ýaly maglumaty öz hukuklaryna zyýan ýetirmän berip biljek mahalynda hem üpjün edilmelidir. Şol maglumaty alyjy maglumat bermek üçin edilen çykdajylary borçly şahsa tölemelidir.

 

1 BAP. ŞERTNAMALAÝYN HUKUK

 

§ 1. Umumy düzgünler

 

333 madda. Şertnama erkinligi

 

1. Şahslar kanunyň çäklerinde şertnamalary erkin baglaşyp we bu şertnamalaryň mazmunyny kesgitläp bilerler. Eger jemgyýetiň ýa-da şahsyýetiň düýpli bähbitlerini goramak maksady bilen, şertnamanyň hakykylygy döwletiň rugsadyna bagly bolsa, onda munuň özi aýratyn kanun arkaly düzgünleşdirilmelidir.

2. Eger şertnamadaky taraplaryň biri bazarda, esasy ýagdaýy eýeleýän bolsa, onda işiň bu ugrunda şertnama baglaşmak borçnamasy onuň üstüne ýüklenilýär. Şol tarap şertnamanyň deň däl şertlerini kontragente esassyz teklip edip bilmez.

3. Telekeçilik maksady bilen ýa-da öz derwaýys bähbitlerini kanagatlandyrmak maksady bilen emlägi we hyzmaty edinýän ýa-da olary peýdalanýan şahslara, eger şertnamadaky beýleki tarap öz telekeçilik işiniň çäklerinde hereket edýän bolsa şertnama baglaşmakdan ýüz dönderilip bilinmez.

 

334 madda. Emlegi başga birine bermek hakyndaky şertnama

 

Bir tarapyň öz bütin emlägini ýa-da emläginiň ep-esli bölegini başga biriniň bermegi ýa bolmasa şol emlägi uzufrukt arkaly borç edinmegi üçin esas bolup hyzmat edýän şertnama notarial tertipde tassyklanylmalydyr.

 

335 madda. Geljekki emlägi başga birine bermek hakyndaky şertnama

 

Taraplaryň biriniň öz geljekki bütin emlägini ýa-da geljekki emläginiň ep-esli bölegini başga birine bermegi ýa bolmasa ony uzufrukt arkaly borç edinmegi üçin esas bolup hyzmat eden şertnama hiç zatdyr.

 

336 madda. Diri gezip ýören üçünji şahsyň mirasynyň alynmagy

 

1. Diri gezip ýören üçünji şahsyň mirasynyň alynmagy hakyndaky şertnama biderekdir. Bu kada diri gezip ýören üçünji şahsyň mirasyna degişli hökmany miras hakyndaky ýa-da wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş hakyndaky şertnama hem degişlidir.

2. Bu kadalar kanun boýunça geljekki mirasdarlaryň haýsy-da bolsa biriniň, kanuny ýa-da  hökmany miras paýy barasynda olaryň arasynda baglaşylan şertnama barada ulanylmaýar. Şunuň ýaly şertтama notarial tertipde tassyklanylmalydyr.

 

337 madda. Gozgalmaýan zat hakyndaky şertnamanyň formasy

 

Bir tarapyň gozgalmaýan zatlar baradaky ýa-da şol zatlary edinmek baradaky eýeçilik hukugyny beýleki tarapa bermek borçnamasyny öz üstüne almagy üçin esas bolup hyzmat edýän şertnama notarial tertipde tassyklanylmalydyr. Şertnamanyň bu formasyny berjaý etmän baglaşylan şertnama, eger ol jemagat reýestrinde bellige alnan bolsa, hakykydyr.

 

338 madda. Borçnamanyň güýjüniň zada degişli zatlara degişliligi

 

Eger şahs zady eýeçilikden aýyrmak ýa-da ol baradaky borçnamany öz üstüne alýan bolsa, onda şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, bu borçnama zadyň degişli zatlary barada hem ulanylýar.

 

 

339 madda. Ýerine ýetirmek usulyny kesgitlemek

 

1. Eger ýerine ýetirmek usulyny taraplaryň biri ýa-da üçünji şahs kesgitlemeli bolsa, onda munuň özüniň adalatly makullaýyş esasynda kesgitlenilmelidigi göz öňünde tutulýar. Ýerine ýetirmek usulyny kesgitlemek işi beýleki tarapa aýtmak arkaly amala aşyrylýar.

2. Eger ýerine ýetirmek usuly taraplaryň biriniň adalatly makul bilmegi esasynda kesgitlenilýän bolsa, onda ol şol kesgitlemäniň adalatlylyga diňe laýyk gelýän halatynda beýleki tarap üçin hökmanydyr. Eger kesgitleme adalatlylyk ölçegine laýyk gelmeýän bolsa, onda ýerine ýetirmek usuly, eger tarapyň özi ýerine ýetirmek usulyny kesgitlemek möhletiniň geçmegine ýol beren bolsa, sud çözgüdi esasynda kesgitlenýär.

 

340 madda. Analogiýa

 

Şertnamalaýyn borçnamalar hakyndaky kadalar eger borçnamanyň häsiýetinden başgaça gelip çykmaýan bolsa, beýleki şertnamaly däl borçnamalar barasynda hem ulanylýar.

 

§2. Şertnama baglaşmak

 

341 madda. Şertnama baglaşmak

 

Eger taraplar şertnama baglaşmak üçin bellenilen formany berjaý edip, şertnamanyň düýp şertleriniň hemmesi boýunça ylalaşyk gazanan bolsalar, onda şertnama baglaşylan hasaplanylýar.

2. Taraplaryň hatda biriniň erk-islegi boýunça ylalaşyk gazanylmagy üçin esas bolup hyzmat etmeli şertler ýa-da kanun boýunça şertnamanyň düýp elementleri hökmünde ykrar edilýän şertler şertnamanyň düýp şertleri diýlip hasap edilýär.

3. Şertnama boýunça indiki şertnamany baglaşmak borçnamasy ýüze çykyp biler. Şertnama üçin bellenilen forma deslapky şertnama hem degişlidir.

 

342 madda. Şertnamanyň formasy

 

1. Eger şertnamanyň hakyky bolmagy üçin kanunda belli bir forma bellenilen bolsa ýa-da taraplar şertnama üçin şonuň, ýaly formany göz öňünde tutan bolsalar, onda şertnama şonuň ýaly forma hakyndaky talap diňe ýerine ýetirilenden soň güýje girýär.

2. Eger taraplar ýazmaça forma hakynda ylalaşan bolsalar, onda şertnama taraplaryň gol çeken bir dokumentini düzmek arkaly baglaşylyp bilner; formanyň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin telegraf habary, teleks habary ýa-da hat alyşmak ýeterlikdir.

 

343 madda. Oferta

 

1. Eger şertnama baglaşmak hakyndaky teklip (oferta) hakyndaky teklipde, ýagny bir şahsa ýa-da birnäçe şahsa ýüzlendirilen bu teklipde ylalaşylan (aksept) teklip eden şahsyň (oferentiň) öz teklibini ýerine ýetirmäge taýyndygy beýan edilen bolsa, ol baglaşylan hasaplanylýar.

2. Şahslaryň näbelli toparyna ýüzlendirilen teklip, eger onda gös-göni başgaça görkezilmedik bolsa, oferta çakylyk bolup durýar.

 

344 madda. Aksept

 

1. Gatnaşýan şahsa (gös-göni gatnaşyk wagtynda) edilen oferta haýal edilmän kabul edilmelidir.

2. Ýok şahsa edilen oferta diňe adaty ofertany eden şahsyň jogaba garaşyp biljek wagtyndan öň kabul edilip bilner.

 

345 madda. Aksept möhleti

 

Eger oferent aksept üçin möhleti kesgitlän bolsa, onda aksept diňe bu möhletde amala aşyrylyp bilner.

 

346 madda. Akseptiň gijikdirilmegi

 

Eger aksept oferente giç gowşan bolsa we akseptiň öz wagtynda iberilendigi şol akseptden görnüp duran bolsa, onda aksept, eger oferent bu hakda haýal etmän beýleki tarapa habar berse, diňe şonda gijikdirilen aksept diýlip hasaplanylyp bilner.

 

347 madda. Täze oferta

 

1. Oferta barada gijikdirilen aksept täze oferta diýlip ykrar edilýär.

2. Eger jogapda şertnama baglaşmaga razyçylyk bildirilen bolsa, ýöne ofertada göz öňünde tutulanyndan başga şertlerde baglaşmaga razyçylyk bildirilen bolsa, onda şunuň ýaly jogap ofertadan ýüz döndermek diýlip we şonuň bilen birlikde-de täze teklip diýlip hasap edilýär.

 

348 madda. Aksepti üýtgetmek

 

Eger iş gatnaşyklarynda aksept üýtgedilen şertlerde amala aşyrylýan bolsa, onda şertnama, eger akseptantyň oferentiň razyçylygyny hasap etmek hukugy bar bolsa we oferent ýüz dönderilmegi hakynda haýal etmän habar bermedik bolsa, baglaşylan diýlip hasap edilýär.

 

349 madda. Dymmak boýunça aksept

 

1. Eger beýlekiler üçin iş edip berýän telekeçi öz iş aragatnaşyklaryny saklaýan şahsyndan şu zeýilli işi ýerine ýetirmek hakyndaky ofertany alsa, onda şol şahs bu teklibe ýerlikli möhletde jogap bermäge borçludyr; onuň dymmagy aksept diýlip hasap ediler. Bu kada telekeçiniň şu zeýilli işi amala aşyrmak üçin zakazlary haýyş eden şahsyndan şonuň ýaly ofertany alýan halatlarynda hem hereket edýär.

2. Eger telekeçi ofertany ret edýän bolsa, haryt hem eýýäm iberilen bolsa, onda ol zelel ýetmeginden gaça durmak üçin bu haryda zelel ýetmez ýaly edip, ony wagtlaýyn saklamaga borçludyr.

 

350 madda. Köçede baglaşylan şertnama

 

1. Sarp ediji bilen öz kärhanasynyň çäklerinde, köçede, öýüň öňünde we şuňa meňzeş ýerlerde söwda edýän şahsyň arasynda baglaşylan şertnama diňe sarp ediji şertnamany bir hepdäniň dowamynda ýazmaça ret etmedik mahalynda hakykydyr, ýöne şertnamanyň baglaşylandan soň ýerine ýetirilýän halatlary muňa girmeýär.

2. Bu kada kommersiýa maksatlary däl maksatlar üçin berlen kreditler (sarp ediş kreditleri) we ätiýaçlandyryş hakyndaky şertnamalar barasynda hem ulanylýar.

 

351 madda. Ýerli däpler

 

Eger şertnamanyň aýry-aýry aňlatmalaryna dürli-dürli düşünilip bilinjek bolsa, onda şertnama baglaşan taraplaryň ýaşaýan ýerinde adaty kabul edilen zatlar ileri tutulmalydyr. Eger taraplaryň ýaşaýan ýeri dürli-dürli bolsa, onda akseptantyň ýaşaýan ýeri aýgytlaýjy häsiýete eýe bolýar.

 

352 madda. Düşnüksiz aňlatmalar

 

Biri-birlerine ters gelýän ýa-da dürli many berýän aňlatmalar bolanda, şertnamanyň mazmunyna beýleki aňlatmalardan has doly laýyk gelýän aňlatma ileri tutulmalydyr.

 

353 madda. Söwda adatlary we däpleri

 

Şertnamadaky taraplaryň hukuklary we borçlary kesgitlenilende söwda adatlary we däpleri nazara alnyp bilner.

 

354 madda. Gatyşyk şertnamalara düşünmek

 

Gatyşyk şertnamalara düşüniljek bolanda ýerine ýetirmäge has ýakyn we şoňa laýyk gelýän şertnama normalary nazara alynýar.

 

355 madda. Bergini ykrar etmek

 

Borçnamalaýyn gatnaşyklaryň dowam edýändigini ykrar edýän şertnamanyň hakyky bolmagy (berginiň dowam edýändigini ykrar etmek) üçin ony ykrar etmek hakyndaky ýazmaça arza zerurdyr. Eger dowam edýändigi ykrar edilen borçnamalaýyn gatnaşyklaryň ýüze çykmagy üçin haýsy-da bolsa başga bir forma göz öňünde tutulan bolsa, onda bergini ykrar etmek şertnamasy üçin hem şonuň ýaly forma talap edilýär. Eger bergi hasaplaşmak (üzlüşmek) esasynda ýa-da ylalaşmak arkaly ykrar edilen bolsa, onda formany berjaý etmek hökman däldir.

 

§ 3. Şertnamanyň standart şertleri

 

356 madda. Düşünje

 

1. Telim gezek peýdalanmak üçin öňünden kesgitlenen we taraplaryň biri (teklip edýän tarap) tarapyndan beýleki tarapa hödürlenen şertler hemem hukuk normalaryndan tapawutlanýan ýa-da şol normalaryň üstüni ýetirýän kadalaryň bellenmelidigini göz öňünde tutýan şertler şertnamanyň standart şertleri hasaplanýar.

2. Eger şertleri taraplar jikme-jik kesgitlän bolsa, onda munuň özi şertnamanyň standart şertleri diýlip hasap edilmeýär.

 

357 madda. Standart şertleri şertnama girizmek

 

1. Standart şertler diňe şu aşakdaky ýagdaýlarda şertnamany teklip eden tarap bilen beýleki tarapyň arasynda baglaşylan şertnamanyň aýrylmaz böleklerine öwrülýär:

a) teklip eden tarap şertnamanyň baglaşylan ýerinde aýdyň ýazgy ýazsa we bu şertlere salgylansa;

b) beýleki tarapyň bu şertler bilen tanyşmaga we razy bolan mahalynda bu şertleri kabul etmäge mümkinçiligi bar bolsa.

2. Eger beýleki tarap telekeçi bolsa, onda şertnamanyň standart şertleri iş aragatnaşyklarynda zerur paýhaslylyk görkezip, ol şol ýagdaýy göz öňünde tutmaly bolan halatynda şertnamanyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

 

358 madda. Şertnamanyň standart şertleriniň adaty däl düzgünleri

 

Şertnamanyň standart şertleriniň düzgünleri formasy boýunça beýleki tarapyň göz öňünde tutup bilmejek derejede adaty däl düzgünler bolany sebäpli, bu düzgünler şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup bilmeýär.

 

359 madda. Düşnüksiz tekstiň beýleki tarapyň peýdasy üçin düşünilmegi

 

Eger şertnamanyň standart şertleriniň teksti düşnüksiz bolsa, onda oňa beýleki tarapyň peýdasyna duşünilýär,

 

360 madda. Ynsaplylyk we ynanmak ýörelgelerine garşy şertleriň hakyky däldigi

 

Eger şertnamanyň standart şerti şertnama girizilendigine garamazdan, ynanmak we ynsaplylyk ýörelgeleriniň tersine şertnamanyň beýleki tarapy üçin zyýanly bolsa, onda bu şert hakyky däldir. Şunda bu şertleriň nähili ýagdaýlarda şertnama girizilendigi, taraplaryň özara bähbitleri we beýleki zatlar nazara alynmalydyr.

 

361 madda. Şertnamanyň standart şertleriniň laýyk gelmezligi

 

Şertnamanyň teklip eden tarapyň telekeçilik işi bilen meşgullanmaýan fiziki şahslar barasynda ulanýan standart şertlerinde şu aşakdakylar hakyky däl diýlip ykrar edilýär:

a) teklip eden tarapyň düzgünleri teklibi kabul etmek ýa-da şol teklipden ýüz döndermek, ýa ol ýa-da beýleki işi ýerine ýetirmek üçin laýyk gelmeýän uzak möhleti ýa-da gysga möhleti (borçnamalary kabul etmegiň we ýerine ýetirmegiň şonuň ýaly möhletlerini) bellemegine getirýän bolsa;

b) teklip eden tarapyň düzgünleri hukuk normalaryndan tapawutlanýan borçnamalary özüniň ýerine ýetirmegi üçin laýyk gelmeýän uzak möhletleri ýa-da ýeterlik däl belli bir möhletleri (borçnamalar bozulan mahalyndaky möhletleri) bellemegine getirýän bolsa;

w) bellenýän düzgünler öz borçnamasyny ýerine ýetirmekden esassyz hem-de şertnamada görkezilmedik esaslar boýunça ýüz döndermäge teklip eden tarapa hukuk berýän bolsa; bu kada uzak möhletli borçnamalar barasynda ulanylmaýar (borçnamalardan ýüz döndermek şerti);

g) bellenýän düzgünler wada edilen işi üýtgetmäge ýa-da şol işden gaýra durmaga teklip eden tarapa hukuk berýän bolsa, eger şoňa razylyk beýleki tarap üçin (üýtgetme girizmek şerti) kabul ederliksiz bolsa;

d) bellenýän düzgünler çekilen çykdajylaryň aşa köp tölemegini beýleki tarapdan talap etmäge teklip eden tarapa  hukuk berýän bolsa.

 

362 madda. Standart şertleriň hakyky däldigi

 

Şertnamanyň teklip eden tarapyň telekeçilik işi bilen meşgullanmaýan fiziki şahs barasynda ulanýan standart şertlerinde hem şu aşakdakylar hakyky däl diýlip ykrar edilýär:

a) ýerliksiz gysga möhletlerde nyrhlaryň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýan düzgünler. Bu kada (nyrhlaryň gysga möhletleýin ýokarlandyrylmagy) uzak möhletli borçnamalaýyn gatnaşyklarda ulanylýar;

b) bellenýän düzgünler şu Kodeks arkaly özüne berlen borçnamalary şertnama gatnaşýan tarapyň ýerine ýetirmekden ýüz döndermek hukugyny ýa-da beýleki tarapyň öz üstüne ýüklenilen borçnamalaryny ýerine ýetirýänçä şertnamany ýerine ýetirmekden şertnama gatnaşýan tarapyň ýüz döndermek hukugyny çäklendirýän ýa-da aradan aýyrýan bolsa (ýerine ýetirmekden ýüz döndermek hukugy);

w) bellenýän düzgünler şertnama gatnaşýan tarapy jedelsiz borçnamalary ýa-da suduň çözgüdi arkaly bellenilen borçnamalary hasap etmek (özara talaplary hasap etmegi gadagan etmek) hukugyndan mahrum edýän bolsa;

g) bellenýän düzgünler borçnamany ýerine ýetirmegi beýleki tarapa duýdurmak ýa-da  borçnamany ýerine ýetirmek üçin şol tarapa möhlet bermek barada kanunda göz öňünde tutulan borçdan teklip eden tarapy boşadýan bolsa (borçnamany ýerine ýetirmek hakynda duýdurmak, möhlet bellemek);

d) zyýanyň möçberinden geçýän puly talap etmek (zeleli tölemek baradaky artdyrylan talap) hakyndaky ylalaşyk;

e) bellenýän düzgünler teklip eden tarapyň ýa-da onuň wekiliniň gödek seresapsyzlygy zerarly talabyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zelel üçin jogapkärçiligi aradan aýyrýan ýa-da çäklendirýän (seresapsyzlyk üçin jogapkärçilik) bolsa;

j) bellenýän düzgünler teklip eden tarapyň esasy borçnamany bozan halatynda şertnama gatnaşýan beýleki tarapyň şertnamadan ýüz döndermek hukugyny çäklendirýän ýa-da aradan aýyrýan bolsa, ýa-da şertnama gatnaşýan beýleki tarapy şertnamanyň ýerine ýetirilmändigi zerarly ýetirilen zeleli töletmegi talap etmek hukugyndan mahrum edýän ýa-da şu maddanyň «ý» punktunyň tersine, onuň (esasy borçnamany ýerine ýetirmek hakyndaky talaby bozmak) hukugyny çäklendirýän bolsa;

z)  bellenýän düzgünler teklip eden tarapyň borçnamany kem-käs ýerine ýetiren halatynda şertnama gatnaşýan beýleki tarapy şertnamany doly görnüşde ýerine ýetirilmänligi üçin çekilen zeleli töletmegi talap etmek ýa-da şertnamadan ýüz döndermek hukugyndan mahrum edýän bolsa, eger şol beýleki tarap borçnamanyň kem-käs ýerine ýetirilmegine şondan beýläk gyzyklanmaýan bolsa (borçnama kem-käs ýerine ýetirilende höwesiň ýitirilmegi);

i) bellenýän düzgünler täze harytlar iberilen we işler ýerine ýetirilen mahalynda zadyň ýetmezligi üçin, kanunda göz öňünde tutulan kadalardan tapawutlanyp, teklip eden tarapyň jogapkärçiligini çäklendirýän bolsa.

 

§4. Üçünji şahsyň peýdasyna şertnamalar

 

363 madda. Şertnamany ýerine ýetirmegi talap etmek hukugy

 

Şertnamanyň şu üçünji şahsyň peýdasyna ýerine ýetirilmegini, eger kanunda ýa-da şertnamada başgaça bellenilmedik bolsa, ýa-da, borçnamanyň özüniň düýp manysyndan haýsy-da bolsa başgaça gelip çykmaýan bolsa, kreditor hem, bu üçünji şahs hem talap edip biler.

 

364 madda. Şertnamada goýulýan şert

 

1. Ýörite şert goýulmadyk mahalynda, işiň ýagdaýlaryndan, hususan-da işiň maksadyndan ugur alyp şu aşakdakylary takyklamak zerurdyr:

a) üçünji şahsyň hukuk edinmelidigini ýa-da  edinmeli däldigini;

b) bu hukugyň bada-bat ýüze çykýandygyny ýa-da onuň belli bir şertler bar mahalynda ýüze çykýandygyny;

w) şertnamadaky taraplaryň üçünji şahsyň hukugyny ondan razyçylyk alman bes etmäge ýa-da üýtgetmäge haklydygyny ýa-da  hakly däldigini.

2. Şertnamada üçünji şahsyň peýdasyna şert goýan tarap kontragentiň razyçylygyna garamazdan, şertnamada görkezilen üçünji şahsy çalşyrmak hukugyny saklaýar.

 

365 madda. Üçünji şahsyň ýüz döndermegi

 

Eger üçünji şahs şertnama boýunça eýe bolýan hukugyndan ýüz dönderýän bolsa, eger şertnamadan ýa-da borçnamanyň, düýp mazmunyndan başgaça gelip çykmaýan bolsa, onda kreditoryň özi borçanamany ýerine ýetirmegi talap edip biler.

 

§ 5. Şertnamany ýerine ýetirmekden ýüz döndermek

 

366 madda. Şertnamadan ýüz döndermegiň netijeleri

 

1. Eger taraplaryň biri şertnamadan ýüz dönderse, onda şertnamadan çykylan mahalynda, ýerine ýetirmek arkaly alnan zat we peýda taraplara gaýtarylyp berilýär.

2. Şu aşakdaky ýagdaýlarda natura görnüşinde gaýtaryp bermegiň deregine pul bilen öwezini dolmak borjy bergidaryň üstüne ýüklenilýär:

a) edinilen zadyň häsiýetinden ugur alynsa, ony gaýtaryp bermek mümkin bolmasa;

b) alnan zady tarap peýdalanýan bolsa, ony eýeçilikden aýyrmakçy, hukuk taýdan borçly etmekçi bolsa, gaýtadan işleýän ýa-da üýtgedýän bolsa;

w) alnan zat zaýalanylan ýa-da ýok edilen bolsa; degişli suratda peýdalanylmagy netijesinde zadyň könelendigi nazara alynmaýar.

3. Eger şertnamada özara ýerine ýetirmek göz öňünde tutulan bolsa, pul bilen öwezini dolmak şol ýerine ýetiriş bilen çalşyrylýar.

4. Öwezini dolmak borjy şu aşakdaky ýagdaýlarda ýüze çykmaýar:

a) eger zadyň ýetmezligi şertnamadan ýüz döndermäge hukuk berýän bolsa we şol zadyň ýetmezligi zat gaýtadan işlenilen ýa-da özgerdilen mahalynda ýüze çykarylan bolsa;

b) eger zadyň zaýalanmagy ýa-da ýok edilmegi kreditoryň günäsi bilen bolan bolsa;

w) eger ygtyýarly şahsyň zada hut öz zatlary ýaly alada edendigine garamazdan, şol şahsda zaýalanan ýa-da ýok edilen bolsa. Galan zatlar gaýtarylyp berilmäge degişlidir.

5. Şu maddanyň 1 punktundan gelip çykýan borçnamalar bozulan mahalynda, kreditor şu Kodeksiň 405 maddasyna laýyklykda zyýanyň öweziniň tölenilmegini talap edip biler.

 

367 madda. Zyýanyň öwezini töletmek

 

1. Eger besrgidaryň peýda almak mümkinçiliginiň bolandygyna garamazdan, ol zady peýdalanmak kadalarynyň bozulmagy zerarly peýda almaýan bolsa, onda ol zyýanyň, öwezini kreditora tölemäge borçludyr.

2. Eger bergidar zady gaýtaryp berýän, pul bilen töleýän bolsa ýa-da zyýanyň öwezini tölemek talaby şu Kodeksiň 366 maddasynyň 3 punktunyň «a» we «b» kiçi punktlaryna laýyklykda ýol berilmeýän bolsa, onda zady saklamak bilen baglanyşykly bolan zerur çykdajylar oňa tölenilmelidir. Beýleki çykdajylar kreditor şol çykdaylar esasynda diňe peýda gören halatynda tölenilmelidir.

 

368 madda. Şertnamadan çykylan mahalynda şol bir wagtda borçnamalary ýerine ýetirmek

 

Şertnamadan çykylmagy netijesinde ýüze çykan borçnamalary taraplar gös-göni we bir wagtyň özünde ýerine ýetirmelidirler.

 

369 madda. Mälim etmek

 

Şertnamadan çykylanda bu barada beýleki tarapa mälim edilip çykylýar.

 

370 madda. Şertnamadan çykmak möhleti

 

Eger şertnamadan çykmak möhleti bellenilmedik bolsa, onda şertnamadan çykýan şahs barada şonuň ýaly möhleti şertnama gatnaşýan beýleki tarap kesgitläp biler. Eger şertnamadan çykyljakdygy möhlet gutarmazyndan öň aýdylmadyk bolsa, onda şertnamadan çykmak hukugy ýitirilýär.

 

371 madda. Şertnamadan çykmak hukugynyň bölünmezligi

 

Eger şertnamadaky ol ýa-da beýleki tarapa birnäçe şahs gatnaşýan bolsa, onda gatnaşyjylaryň diňe hemmesi şertnamadan deň çykmalydyr. Eger şertnamadan çykmak hukugy ygtyýarly şahslaryň biri üçin ýitirilýän bolsa, onda bu hukuk olaryň hemmesi üçin deň ýitirilýär.

 

372 madda. Şertnamadan çykmaga ýol bermezlik

 

Eger bergidar borçnamany hasap etmek arkaly borçnamadan boşap bilýän bolsa we şertnamadan çykylandan soň borçnamany hasap etjekdigini haýal etmän mälim etse, onda borçnamanyň ýerine ýetirilmezligi bilen baglanyşyklylykda şertnamadan çykylmagyna ýol berilmeýär.

 

373 madda. Hukugyň ýitirilmegi

 

Eger şertnama bergidaryň şertnamadan ugur alyp, öz borçnamalaryny ýerine ýetirmedik halatynda öz hukuklaryny ýitirýändigi şerti bilen baglaşylan bolsa, onda şonuň ýaly halat gelip ýetende kreditoryň şertnamadan ýüz döndermäge haky bardyr.

 

374 madda. Barlyşyk esaslaryndaky ýalňyşlyk

 

1. Hukuk gatnaşygy hakyndaky jedeli ýa-da ynamsyzlygy birekbirege eglişik etmek (barlyşyk) arkaly aradan aýyrýan şertnama, ýagny eger şertnamanyň mazmunyndan ugur alynsa, bu barlyşyk hakykata laýyk gelmeýän ýagdaýlara esaslandyrylýan bolsa we jedel ýa-da ynamsyzlyk işiň hakyky ýagdaýlary bilnende ýüze çykyp bilmejek bolsa, hakyky däldir.

2. Haýsy-da bolsa bir talaby amala aşyrmak mümkinçiligindäki şübhelik hukuk gatnaşygyndaky ynamsyzlyk bilen deňleşdirilýär.

 

2 BAP. BORÇNAMALARY ÝERINE ÝETIRMEK

 

§ 1. UMUMY DÜZGÜNLER

 

375 madda. Borçnamanyň bardygy baradaky prezumpsiýa

 

1. Borçnamanyň her bir ýerine ýetirilişi onuň bardygyny aňladýar.

2. Borçnamalar şertleşilişi ýaly, bellenen wagtda we ýerinde, talaba laýyk, ynsaply ýerine ýetirilmelidir.

 

376 madda. Borçnamanyň ýerine ýetirilýän ýeri

 

1. Eger borçnamanyň ýerine ýetirilmeli ýeri öňünden kesgitlenilmedik bolsa ýa-da munuň özi borçnamanyň düýp mazmunyndan gelip çykmaýan bolsa, onda şol borçnamanyň, ýüze çykan pursatynda bergidaryň ýaşaýan ýerinde ýerine ýetirilmelidir.

2. Eger borçnama ýerine ýetirilmezinden öň bergidaryň ýaşaýan ýeri ýa-da onuň kärhanasynyň ýerleşýän ýeri üýtgeýän bolsa we şunuň bilen baglanyşyklylykda hem kreditorda goşmaça çykdajylar ýüze çykýan bolsa, onda bergidar bu çykdajylary kreditora tölemelidir.

3. Eger borçnama ýerine ýetirilmezinden öň kreditoryň ýaşaýan ýeri ýa-da onuň kärhanasynyň ýerleşýän ýeri üýtgeýän bolsa we şunuň bilen baglanyşyklylykda çykdajylar ýa-da ýerine ýetiriş töwekgelçiligi artýan bolsa, onda artyk çykdajylary tölemek hem, goşmaça töwekgelçilik hem kreditoryň üstüne ýüklenilýär.

 

377 madda. Borçnamany möhletinden öň ýerine ýetirmek

 

Eger kreditor esasly sebäbe görä borçnamanyň ýerine ýetirilmegini kabul etmekden ýüz döndermese, onda bergidaryň borçnamany möhletinden öň ýerine ýetirmäge haky bardyr.

 

378 madda. Borçnamany ýerine ýetirmegiň möhleti

 

1. Eger borçnamany ýerine ýetirmegiň möhleti kesgitlenilmedik bolsa ýa-da ol ýagdaýlardan gelip çykmaýan bolsa, onda kreditor borçnamanyň haýal etmän ýerine ýetirilmegini talap edip biler, bergidar bolsa şol talaby haýal etmän ýerine ýetirmäge haklydyr.

2. Eger ýerine ýetirmegiň möhleti kesgitlenilen bolsa, onda kreditor borçnamany ýerine ýetirmegi şol möhletden öň talap edip bilmez diýip hasap etmek gerek.

 

379 madda. Borçnamanyň möhletinden öň ýerine ýetirilmegini talap etmek

 

Eger borçnamany ýerine ýetirmek üçin bergidaryň peýdasyna haýsy-da bolsa bir möhlet bellenilen bolsa, eger bergidar tölegi tölemäge ukypsyz bolsa ýa-da şertleşilen üpjünligiň gymmaty azalan bolsa ýa-da umuman şeýle ýagdaýy göz öňüne getirip bilmedik bolsa, kreditor şol borçnamanyň  ýerine ýetirilmegini haýal etmän talap edip biler.

 

380 madda. Şertli baglaşylan geleşik boýunça borçnamany ýerine ýetirmek

 

Eger geleşigiň hakykylygy haýsy-da bolsa bir şertiň wagtynyň gelip ýetmegine bagly bolsa, onda borçnama bu şertiň ýüze çykan güni ýerine ýetirilmelidir.

 

381 madda. Iki taraplaýyn borçnama baradaky ýerine ýetirişden ýüz döndermek hukugy

 

Eger bergidaryň öz borçnamasyna esas bolup durýan hukuk gatnaşygyndan kreditora ýerine ýetiriliş möhleti gelip ýetendigi baradaky talaby bar bolsa, onda ol, eger borçnamadan başgaça gelip çykmaýan bolsa, borçnamany kreditoryň ýerine ýetirmeginden öň öz borçnamasyny ýerine ýetirmekden ýüz döndermäge haklydyr.

 

382 madda. Sarp ediş krediti

 

1. Tölegli şertnamasy kredit şertnamasy bilen birlikde özara baglanyşykly geleşigi hasyl edýär, şol geleşikde kredit satyn alyş nyrhyny maliýeleşdirmäge hyzmat edýär we şertnamalaryň ikisine-de ykdysady bitewilik hökmünde garalýar. Kredit şertnamasy taýýarlanylan ýa-da baglaşylan mahalynda satyjynyň ýardam etmegine bergidaryň (alyjynyň) bil baglamagy ykdysady bitewilik diýlip hasap edilýär.

2. Eger özara baglanyşykly tölegli şertnamasyndan satyjy barasynda gelip çykýan garşylyk öz borçnamasyny ýerine ýetirmekden ýüz döndermäge oňa hukuk berýän bolsa, onda benefisiar sarp ediş krediti mahalynda krediti gaýtaryp bermekden ýüz dönderip biler.

 

383 madda. Üçünji şahsyň borçnamany ýerine ýetirmegi

 

1. Eger bergidaryň borçnamany hut özüniň ýerine ýetirmäge borçludygy kanundan ýa-da şertnamadan hem, borçnamanyň tebigatyndan hem gelip çykmaýan bolsa, onda bu borçnama üçünji şahs tarapyndan hem ýerine ýetirilip bilner.

2. Eger bergidar garşy bolsa, onda kreditor üçünji şahs tarapyndan hödürlenilen ýerine ýetirişi kabul etmän biler.

 

384 madda. Kreditoryň üçünji şahs tarapyndan kanagatlandyrylmagy

 

1. Eger kreditor tölegi bergidara degişli zadyň hasabyndan mejbury töletmekçi bolýan bolsa, onda mejbury ýerine ýetiriş sebäpli bu zada bolan hukugyndan mahrum bolmak howpy özüne abanýan her bir şahs kreditory kanagatlandyrmaga haklydyr.

2. Eger üçünji şahs kreditory kanagatlandyrýan bolsa, onda talap ediş hukugy bu şahsa geçýär. Hukuk şunuň ýaly geçende, kreditoryň zyýanyna bolmaly däldir.

 

385 madda. Biygtyýar şahsyň borçnamany ýerine ýetirmegi kabul etmegi

 

1. Borçnamanyň ýerine ýetirilmegini kreditor ýa-da kanun boýunça ýa suduň çözgüdi boýunça kabul etmäge haky bar bolan şahs kabul edenden soň, bergidar öz borçnamasyny ýerine ýetirmäge borçludyr.

2. Eger borçnamanyň ýerine ýetirilmegini haky ýok şahs kabul etsek, onda kreditor muňa razyçylyk beren ýa-da bu ýerine ýetirilişden peýda alan halatynda borçnama ýerine ýetirildigi hasallanylyp bilner.

 

386 madda. Alternatiwaly borçnama

 

Eger borçnamany birnäçe usul bilen ýerine ýetirmek mümkin bolsa, özem borçnama ýokarda görkezilen usullaryň biri bilen ýerine ýetirilmeli bolsa, onda şübhe dörän mahalynda ýerine ýetiriş usulyny saýlap almak hukugy bergidara degişlidir.

 

387 madda. Ýerine ýetirilmäge degişli borçnamany saýlap almak

 

Eger bergidar ýerine ýetirilmäge degişli iki hereketiň birinden ýüz döndermäge hakly bolsa, onda beýleki hereketi ýerine ýetirmek borçnamasy güýjünde galýar.

 

388 madda. Alternatiwaly borçnamany saýlap almak tertibi

 

Şu Kodeksiň 386 maddasyna laýyklykda, alternatiwaly borçnamany saýlap almak bu barada beýleki tarapa aýtmak ýa-da ýerine ýetirişi girişmek arkaly geçirilýär. Saýlanyp alnan borçnama turuwbaşdan ýerine ýetirilmäge degişli borçnama diýlip ykrar edilýär.

 

389 madda. Ýerine ýetirilmäge degişli ikiden köp borçnamany saýlap almak

 

Şu Kodeksiň 386- 388 maddalarynyň kadalary borçnamalary saýlap almak predmeti ýerine ýetirilmäge degişli ikiden köp borçnamadan ybarat bolan halatlarda hem ulanylýar.

 

390 madda. Borçnamany bölek - bölekleýin ýerine ýetirmek

 

Eger kreditor razy bolsa, onda bergidaryň borçnamany bölek-bölekleýin ýerine ýetirmäge haky bardyr.

 

391 madda. Kreditoryň başga ýerine ýetirişi kabul etmek hukugy

 

Kreditor şertnamada göz öňünde tutulan ýerine ýetirişden başga ýerine ýetirişi kabul etmäge borçly däldir; bu kada ýerine ýetirişiň uly gymmaty bar halatda hem ýöreýär.

 

392 madda. Borçnamany ýerine ýetirmegiň hili

 

Eger şertnamada ýerine ýetirişiň hili jikme-jik kesgitlenilmedik bolsa, onda bergidar, iň bolmanda, işi orta hilli ýerine ýetirmäge we orta hilli zady bermäge borçludyr.

 

393 madda. Kysymdaş alamatlary bilen kesgitlenilýän borçnamany ýerine ýetirmek

 

Eger borçnamanyň predmeti zat kysymdaş alamatlar bilen kesgitlenilen bolsa, onda bu kysymdaky zady bermek mümkinçiligi barka, bergidar ýerine ýetirmezlik halatlary öz günäsi bilen bolmadyk mahalynda hem bu ýerine ýetirmezlik üçin jogap berýär.

 

§ 2. Pul borçnamalaryny ýerine ýetirmek

 

394 madda. Düşünje

 

Pul borçnamasy milli walýutada aňladylýar. Eger kanunda gadagan edilmedik bolsa, onda taraplar pul borçnamasyny daşary ýurt walýutasynda-da belläp bilerler.

 

395 madda. Ýyllyk prosentleri kesgitlemegiň tertibi

 

Eger kanuna ýa-da şertnama laýyklykda talap babatda prosent tölenmeli bolsa, onda ýyllyk prosentleriň aňryçäk möçberi ýörite normaiw hukuk aktlary arkaly bellenilýär.

 

396 madda. Borçnamadan artyk tölenilen zady talap edip almagyň tertibi

 

Borçnamadan artyk tölenilen zat esassyz baýlaşmak kadalaryna laýyklykda yzyna talap edilip alnyp bilner.

 

397 madda. Pul borçnamasynyň ýerine ýetirilýän ýeri

 

1. Eger pul borçnamasynyň ýerine ýetirilmeli ýeri kesgitlenilmedik bolsa, onda bergidar tölegini kreditoryň ýaşaýan ýerinde ýa-da onuň kärhanasynyň ýerleşýän ýerinde öz töwekgelçiliginiň hasabyna we öz hasabyna tölemäge borçludyr.

2. Eger kreditoryň tölegiň tölenilmeli ýerinde ýa-da ýurdunda pul geçirmek üçin niýetlenilen bank sçýoty bar bolsa, onda bergidar öz pul borçnamasyny bu sçýota pul geçirmek arkaly ýerine ýetirip biler, ýöne muňa kreditoryň garşy bolýan halatlary girmeýär.

 

398 madda. Pul borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň nobatlylygy

 

1. Eger dürli borçnamalardan gelip çykýan hem-de ýerine ýetirişiň özi ähli bergileri ýapmak üçin ýeterliksiz bolmagyndan gelip çykýan, özem biri-birine meňzeş bolan birnäçe hereketi ýerine ýetirmek bergidaryň üstüne ýüklenilen bolsa, onda bergidaryň ýerine ýetireninde saýlap aljak borçnamasy üzülýär, eger bergidar borçnamany saýlap almasa, onda ilki tölemek möhleti gelen bergi üzülmelidir.

2, Eger talaplary ýerine ýetirmegiň möhletleri bir wagtda gelip ýetse, onda ýerine ýetirilmegi bergidar üçin has agyr bolan talap birinji nobatda ýerine ýetirilmelidir.

3. Eger talaplar birmeňzeş derejede agyr bolsa, onda has az üpjün edilen talap birinji nobatda ýerine ýetirilmelidir.

 

399 madda. Sud harajatlaryny üzmegiň ileri tutulmagy

 

Tölemek möhleti gelip ýeten ähli bergini bergidaryň tölegleriniň hasabyna üzmek üçin ýeterlik bolmasa, onda birinji nobatda sud harajatlary, soňra esasy ýerine ýetiriliş (bergi) we ahyrda prosentler şol tölegleriň hasabyna üzülýär.

 

400 madda. Pul birliginiň hümmeti üýtgände pul borçnamalaryny ýerine ýetirmek

 

Eger tölemek möhleti gelip ýetýänçä pul birliginiň gymmaty (hümmeti) artsa ýa-da peselse, ýa-da walýuta üýtgese, onda bergidar borçnamanyň ýüze çykan wagtyna laýyk gelýän hümmet boýunça üzlüşmäge borçludyr. Walýuta üýtgän mahalynda, walýutanyň üýtgän gününde bu pul birlikleriniň arasynda dowam eden hümmet alyş-çalyş gatnaşyklaryna esas edilip alynmalydyr.

 

§ 3. Kreditoryň bellenen möhleti geçirmegi

 

401 madda. Düşünje

 

1. Eger kreditor ýerine ýetiriş möhleti gelip ýeten we özüne teklip edilen ýerine ýetirişi kabul etmeýän bolsa, onda munuň özi kreditoryň möhleti geçirdigi hasap edilýär.

2. Eger bergidar kreditoryň diňe borçnamany ýerine ýetirmegine garşy ýerine ýetirmäge borçly bolsa, onda onuň bergidar tarapyndan teklip edilen ýerine ýetirişi kabul etmäge taýýardygyna garamazdan, ýöne talap edilýän garşylyklaýyn ýerine ýetirişi özüniň amala aşyrmandygyna görä, kreditor bellenen möhleti geçiren hasaplanylýar.

 

402 madda. Kreditoryň zyýanyň öwezini tölemek borjy

 

Kreditor ýerine ýetirilen borçnamany kabul etmegiň öz günäsi bilen gijikdirilmegi sebäpli bergidara ýetirilen zyýanyň öwezini tölemelidir.

 

403 madda. Kreditor möhleti geçirende bergidaryň jogapkärçiligi

 

Kreditoryň bellenen möhleti geçirilen ähli wagty üçin bergidar diňe öz niýeti we gödek seresapsyzlygy üçin jogapkärçilik çekýär.

 

404 madda. Kreditoryň bellenen möhleti geçirmeginiň netijeleri

 

Borçnamany ýerine ýetirmek möhleti geçirilen mahalynda, kreditor özüniň günäsine garamazdan:

a) borçnamada görkezilen zadyň saklanylmagy bilen  baglanyşykly çekilen artyk çykdajylary bergidara tölemäge borçludyr;

b) zadyň tötänden zaýalanmagy ýa-da ýok edilmegi bilen baglanyşykly töwekgelçiligi çekýär;

w) pul borçnamasy boýunça prosentleri  almak hukugyndan kesilýär.

 

3 BAP. BORÇNAMALARYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINE

PÄSGEL BERÝÄN ÝAGDAÝLAR

 

§ 1. UMUMY DÜZGÜNLER

 

405 madda. Borçnamalar bozulanda zyýanyň öwezini töletmek talaby

 

1. Bergidar borçnamany bozan mahalynda, kreditor şu sebäpli ýeten zyýanyň öwezini tölemegi talal edip biler. Eger borçnamanyň bozulmagy üçin jogapkärçilik bergidaryň üstüne ýüklenilmeýän bolsa, onda bu kada ulanylmaýar.

2. Bergidar möhleti geçiren mahalynda, kreditor borçnamany ýerine ýetirmek üçin zerur bolan möhleti bergidar barada belläp biler. Eger bergidar borçnamany bu möhletde-de ýerine ýetirip bilmese, onda kreditor borçnamany ýerine ýetirmegiň deregine zyýanyň öweziniň tölenilmegini talap etmäge haklydyr.

3. Eger goşmaça möhletiň bellenilmeginiň haýsy-da bolsa bir netijä getirmejekdigi ýa-da taraplaryň ikisiniň-de bähbitlerinden ugur alynsa, zyýany tölemek talaby baradaky hukugyň haýal edilmän peýdalanylmagyny ödeýän aýratyn ýagdaýlaryň bardygy aýdyň bolsa, onda goşmaça möhleti bellemegiň zerurlygy ýok.

 

406 madda. Zyýanyň öwezini tölemekden boşatmak hakynda deslapky ylalaşyga ýol bermezlik

 

1. Eger borçnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa we onuň düýp mazmunyndan başgaça gelip çykmaýan bolsa, onda diňe bilkastlaýyn ýa-da seresapsyzlyk bilen edilen hereketler sebäpli ýeten zyýanyň öwezini tölemek bergidaryň üstüne ýüklenilýär.

2. Bergidar özüniň bilkastlaýyn eden hereketleri bilen borçnamany bozan mahalynda ýeten zyýanyň öwezini töletmek borjundan bergidary boşatmak hakynda deslap ylalaşmaga ýol berilmeýär.

 

407 madda. Bergidaryň öz wekiliniň hereketi üçin jogapkärçiligi

 

Öz kanuny wekiliniň we öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin peýdalanylýan beýleki şahslaryň hereketi üçin, bergidar hut özüniň günäli hereketleri mahalyndaky ýaly möçberde jogapkärçilik çekýär.

 

408 madda. Ýerine ýetiriliş predmeti başga şahsdan alnanda bergidaryň jogapkärçiligi

 

Eger şertnamadan ýa-da beýleki borçnamalardan başgaça gelip çykmaýan bolsa, bergidar ýerine ýetiriliş predmetini başga şahsdan almaly bolan, ýöne ony alyp bilmedik halatynda hem ýerine ýetiriliş üçin jogapkärçilik çekýär.

 

409 madda. Şertnamany üýtgän ýagdaýlara laýyk getirmek

 

1. Eger şertnama baglaşmak üçin esas bolan ýagdaýlar şertnama baglaşylandan soň mese-mälim üýtgän bolsa we taraplar bu üýtgeşiklikleri göz öňünde tutup, şertnamany baglaşmadyk ýa-da başga mazmunly şertnamany baglaşan bolsa, onda şertnamany üýtgän ýagdaýlara laýyk getirmek talap edilip bilner, sebäbi aýry-aýry halatlar nazara alyp, hususan-da normalaryň görnüşinden ugur alnyp, şertnama gatnaşýan tarapdan üýtgemedik şertnamany pugta berjaý etmek talap edilip bilinmez.

2. Şertnama esas edilip alnan maglumatlar nädogry bolup çykan halatynda hem şol ýagdaýlar üýtgän ýagdaýlara deňleşdirilýär.

3. Taraplar birinji nobatda şertnamany üýtgän ýagdaýlara laýyk getirmäge çalyşmalydyrlar.

4. Eger şertnamany üýtgän ýagdaýlara laýyk getirmek mümkin bolmasa ýa-da beýleki tarap muňa razy bolmasa, onda öz bähbitleri bozulan tarap şertnamadan ýüz dönderip biler.

 

410 madda. Uzak möhletli şertnama borçnamalaryndan ýüz döndermek

 

1. Şertnamadaky islendik tarap esasly sebäplerden ugur alyp, uzak möhletli borçnamalar baradaky şertnamadan şertnamany ýatyrmagyň möhletlerini berjaý etmän ýüz dönderip biler. Eger anyk ýagdaýlar sebäpli, şol sanda ýeňip geçip bolmajak güýç sebäpli we iki tarapyň bähbitlerini nazara alyp, şertnamany ýatyrýan tarapdan ylalaşylan möhlet gutarýança ýa-da şertnamany ýatyrmak möhleti gutarýança şertnama gatnaşyklarynyň möhletini uzaltmak, şertnama gatnaşyklaryny dowam etdirmek talap edilip bilinmejek esaslar esasly sebäp diýlip ykrar edilýär.

2. Eger şertnama borçnamalarynyň bozulmagy hem şertnamany ýatyrmak üçin esas bolýan bolsa, onda kemçilikleri düzetmek möhleti netijesiz gutarandan ýa-da duýduryş netijesiz galandan soň şertnamany ýatyrmaga ýol berilýär. Şunda degişli suratda şu Kodeksiň 416 maddasynyň 2 punkty ulanylýar.

3. Şertnamany ýatyrmak üçin hyzmat eden esas özüne mälim bolandan soň, ygtyýarly şahs göwnejaý möhletde şertnamadan ýüz dönderip biler.

4. Eger ýerine ýetiriş şertnamanyň ýatyrylmagy sebäpli şondan beýläk hiç hili bähbidi aňlatmaýan bolsa, onda bu ýatyryş şol ýerine ýetirilişe hem degişli bolup biler. Ýerine ýetirilen zadyň gaýtarylyp berilmegini üpjün etmek üçin degişli suratda şu Kodeksiň 366 - 368 maddalarynyň kadalary ulanylýar.

5. Ýeten zeleli töletmek hakyndaky talaplar barasynda degişli suratda şu Kodeksiň 417 maddasynyň kadalary ulanylýar.

 

§ 2. BERGIDARYŇ MÖHLETI GEÇIRMEGI

 

411 madda. Düşünje

 

Bergidar şu aşakdaky ýagdaýlarda bellenen möhleti geçiren diýlip hasap edilýär:

a) borçnama ýerine ýetirmek üçin bellenilen möhletde ýerine ýetirilmese;

b) ýerine ýetiriş möhleti gelenden soň kreditoryň eden duýduryşyndan soň hem borçnama ýerine ýetirilmeýän bolsa.

 

412 madda. Borçnamany ýerine ýetirmegiň mümkin bolmazlygy

 

Eger borçnama bergidaryň günäsi bilen ýüze çykmadyk ýagdaýlar sebäpli ýerine ýetirilmedik bolsa, borçnamany ýerine ýetirmegiň möhleti geçen diýlip hasap edilmeýär.

 

413 nadda. Bergidaryň jogapkärçiligi

 

Bergidar möhletiň geçirilen wagtynyň dowamynda ýol beren islendik geleňsizligi üçin jogapkärçilik çekýär. Ol möhletiň geçirilen wagtynyň dowamynda borçnamanyň ýerine ýetirilmegi tötänleýin mümkin bolmadyk halatynda hem jogapkärçilik çekýär, ýöne muňa borçnama öz wagtynda ýerine ýetirilen mahalynda hem zyýan ýeten halatlar girmeýär.

 

414 madda. Prosentiň üstüne prosent goşmaga ýol bermezlik

 

1. Borçnamany ýerine ýetirmek möhletiniň geçirilen wagty üçin pul borçnamasynyň üstüne kanunda bellenilen möçberde prosent goşulýar. Eger kreditor beýleki hukuk esaslary boýunça has ýokary prosentleri talap edip bilýän bolsa, onda degişli suratda şol prosentler goşulýar.

2. Möhletiň geçirilen wagty üçin prosentiň üstüne prosent goşmaga ýol berilmeýär.

 

415 madda. Kreditoryň zyýany töletmek hukugy

 

Kreditor möhletiň geçirilmegi sebäpli ýeten zyýany tölemegi talap etmäge haklydyr.

 

§ 3. Iki taraplaýyn şertnamalarda borçnamalaryň bozulmagy

 

416 madda. Borçnamalar bozulanda goşmaça möhlet bellemek

 

1. Eger şertnamadaky taraplaryň biri iki taraplaýyn şertnamadan gelip çykýan borçnamalary bozýan bolsa, onda beýleki tarap borçnamany ýerine ýetirmek üçin özüniň bellän goşmaça möhleti netijesiz geçenden soň şertnamadan ýüz dönderip biler. Eger borçnamanyň bozulmagynyň häsiýetinden ugur alnyp, goşmaça möhlet ulanylmaýan bolsa, onda duýduryş etmegiň özi goşmaça möhletiň bellenilmegine deňleşdirilýär. Eger borçnama kem-käs bozulan bolsa, onda kreditor diňe borçnamanyň galan bölegini ýerine ýetirmek özi üçin bähbitli bolmagyny ýitiren mahalynda  şertnamadan ýüz dönderip biler.

2. Şu aşakdaky ýagdaýlarda goşmaça möhlet bellemegiň ýa-da duýduryş etmegiň zerurlygy ýok:

a) munuň özi islenýän netijelere ýetirmejekdigi aýdyň bolsa;

b) borçnama şertnamada bellenilen möhletde ýerine ýetirilmedik bolsa we şertnama görä, kreditor gatnaşyklaryň dowam etdirilmegini öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen baglanyşdyran bolsa;

w) aýratyn esaslar boýunça we iki tarapyň bähbitleri nazara alnyp şertnamanyň haýal edilmän ýatyrylmagy özüni ödeýän bolsa.

3. Şu aşakdaky ýagdaýlarda şertnamadan ýüz dönderilmegine ýol berilmeýär:

a) borçnama ujypsyzja bozulan bolsa;

b) şu Kodeksiň 330 maddasynyň 2 punktunyň talaplary bozulsa we muňa garamazdan, kreditordan şertnamany güýjünde galdyrmak talap edilip bilinjek bolsa;

w) borçnamanyň bozulmagy üçin kreditoryň özi doly jogapkär bolsa ýa-da hemmelerden beter jogapkär bolsa;

g) şertnamadan boýun gaçyrylandan soň bergidar tarapyndan eýýäm berlen ýa-da haýal etmän berlip bilinljek garşylyklaýyn talap borçnama garşy goýlan bolsa.

4. Eger şertnamadan ýüz döndermek üçin esasyň ýüze çykjakdygy äşgär bolsa, onda kreditor borçnamany ýerine ýetirmek möhleti geçmezden öň hem şertnamadan ýüz döndermäge haklydyr.

5. Bergidar şertnamadan ýüz döndermek möhletini kreditora belläp biler. Eger kreditor bu möhletde şol hukugyndan peýdalanmasa, onda özüniň bellän degişli möhleti diňe netijesiz geçen halatynda ýa-da duýduryşdan soň şertnamadan ýüz dönderip biler.

 

417 madda. Şertnamadan çykylanda zeleli töletmek

 

1. Şertnamadan çykan mahalynda kreditor şertnamanyň ýerine ýetirilmezligi sebäpli özüne ýeten zeleliň tölenilmegini talap edip biler.

2. Eger şertnamadan çykmak üçin esas bergidaryň günäsi bilen ýüze çykmadyk bolsa, onda bu kada ulanylmaýar.

 

4 BAP. ZYÝANYŇ ÖWEZINI TÖLEMEK BORJY

 

418 madda. Ilkibaşky ýagdaýy dikeltmek borjy

 

1. Zyýany tölemäge borçly bolan şahs zyýany tölemäge borçly edýän ýagdaýyň ýüze çykyp bilmejek mahalyndaky ozalky ýagdaýy dikeltmelidir.

2. Eger bedene şikes ýetirilmegi ýa-da saglyga şikes ýetirilmegi sebäpli heläkçilik çeken şahs işe ýarawlylygyny ýitiren bolsa ýa-da işe ýarawlylygy peselen bolsa ýa-da onuň islegi artan bolsa, onda ýeten zyýanyň jebir görene her aýda hak tölemek arkaly öwezi tölenmelidir.

3. Jebir gören şahs özüne ýeten şikesi bejertmek üçin çykdajylary öňünden talap etmäge haklydyr. Hünär boýunça gaýtadan taýýarlyk zerur bolan mahalynda hem bu kada hereket edýär.

4. Jebir gören şahs möhüm esaslar bar bolsa, özüni eklemegiň deregine öwezini doluş pulunyň berilmegini talap edip biler.

 

419 madda. Ilkibaşky ýagdaýy dikeltmegiň mümkin bolmazlygy

 

Eger ýeten zyýany ilkibaşky ýagdaýy dikeltmek arkaly öwezi dolmak mümkin bolmasa ýa-da munuň üçin has köp çykdajy zerur bolsa, onda kreditora pul tölegi tölenilip bilner.

 

420 madda. Zyýanyň öwezini tölemek talabyndan deslap ýüz döndermäge ýol bermezlik

 

Borçnamanyň bozulmagy zerarly ýeten zyýanyň öwezini töletmek talaby baradaky hukukdan deslapky ylalaşyga esaslanyp ýüz döndermäge ýol berilmeýär.

 

421 madda. Alynmadyk girdejiler

 

Ýeten zelel diňe bir hakykat ýüzünde emlägiň ýitirilmegi üçin däl, eýsem alynmadyk girdeji üçin hem tölenilmelidir. Şahsyň almadyk we borçnama talaba laýyk ýerine ýetirilende alyp biljek girdejisi alynmadyk girdeji hasap edilýär.

 

422 madda. Zyýany kesgitlemek

 

Bergidaryň diňe öňünden çak edip biljek zyýanyň we zyýan etmegine  getiren hereketiň gös-göni netijesinde ýüze çykan zyýanyň öwezi tölenilmäge degişlidir.

 

423 madda. Pul kompensasiýasy

 

1. Emläkleýin däl zelel baradaky öwezini doluş puly diňe kanunda takyk bellenilen halatlarda talap edilip bilner.

2. Bedene şikes ýeten, saglyga şikes ýeten, şonuň ýaly-da azatlykdan mahrum edilen halatlarda, heläkçilik çeken şahs emläkleýin däl zyýan üçin ýerlikli we adalatly öwezini doluş puluny talap edip biler.

 

424 madda. Zyýanyň möçberini kesgitlemek

 

Zyýanyň möçberi kesgitlenilende kreditoryň borçnamany talaba laýyk ýerine ýetirmek barasyndaky bähbitleri hem nazara alynmalydyr. Zyýanyň möçberini kesgitlemek üçin şertnamanyň ýerine ýetirilýän ýeri we wagty nazarda tutulmalydyr.

 

425 madda. Zyýan ýetmeginde jebir göreniň günäsi

 

1. Eger heläkçilik çekeniň hereketleri zyýan etmegine ýardam eden bolsa, onda zeleli töletmek borjy we tölegiň möçberi taraplaryň haýsy biriniň günäsi bilen zyýanyň köp möçberde getirilendigine baglydyr.

2. Bu kada heläkçilik çekeniň günäsiniň zyýanyň öňüni almak ýa-da ony azltmak üçin çäre görülmezliginde ýüze çykýan halatlarda-da ulanylýar.

 

5 BAP. BORÇNAMALARY ÜPJÜN ETMEGIŇ GOŞMAÇA

SERIŞDELERI

 

426 madda. Borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň goşmaça serişdeleriniň görnüşleri

 

Taraplar borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin şertnamada goşmaça serişdeleri: puşmana puly, öňünden pul bermek we bergidaryň kepillendirmesini göz öňünde tutup biler.

 

§ 1. Puşmana puly

 

427 madda. Düşünje

 

1. Puşmana puly - munuň özi borçnamanyň ýerine ýetirilmändigi üçin ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmändigi üçin bergidaryň kreditora tölemäge borçly bolan puludyr, özem ol taraplaryň ylalaşmagy bilen kesgitlenilýär.

2. Puşmana puly hakyndaky kadalar öňünden pul bermekden gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilmedik mahalynda hem degişli suratda ulanylýar.

 

428 madda. Puşmana puluny kesgitlemegiň formasy

 

1. Şertnamadaky taraplar puşmana puluny erkin kesgitläp bilerler, şunda ol mümkin bolaýjak zelelden artyk bolup biler.

2. Puşmana puly hakyndaky ylalaşyk ýazmaça formada bolmagyny talap edýär.

 

429 madda. Puşmana puluny tölemegi we borçnamany ýerine ýetirmegi bir wagtda talap etmäge ýol bermezlik

 

1. Eger puşmana puly bergidaryň öz borçnamalaryny bellenilen wagtda ýerine ýetirmeýän halatlary üçin göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda kreditor bir wagtda puşmana pulunyň tölenilmegini we borçnamanyň ýerine ýetirilmegini talap edip bilmez.

2. Kreditor zeleliň tölenilmegini talap etmäge mydam haklydyr.

 

430 madda. Puşmana puluny suduň azaltmagy

 

Sud işiň ýagdaýlaryny nazara alyp, aşa köp puşmana puluny azaldyp biler.

 

§ 2. Öňünden pul bermek

 

431 madda. Düşünje

 

Şertnamanyň baglaşylandygyny tassyklamak üçin bir tarapyň beýleki tarapa beren puly öňünden berlen pul diýlip hasap edilýär.

 

432 madda. Öňünden berlen puly tölegiň hasabyna goşmak

 

Öňünden berlen pul göz öňünde tutulan borçnamalaryň hasabyna goşulan diýlip hasap edilýär, eger şeýle hasap edilmese, onda şertnama ýerine ýetirilenden soň, ol gaýtarylyp berilmelidir.

 

433 madda. Öňünden berlen puly zeleli tölemegiň hasabyna goşmak

 

1. Eger öňünden pul beren şahs öz üstüne ýüklenilen borçnamalary günäleýin bozýan bolsa, onda öňünden berlen pul ony alyjyda galýar. Şunda öňünden berlen pul zeleliň öwezini tölemegiň hasabyna goşulan diýlip hasap edilýär.

2. Eger borçnama öňünden berlen puly alyjynyň günäleýin hereketleri sebäpli ýerine ýetirilmedik bolsa, onda ol öňünden berlen puly iki esse möçberinde gaýtaryp bermelidir. Şunda öňünden pul beren şahs zeleliň öweziniň tölenilmegini talap edip biler.

 

§ 3. Bergidaryň kepillendirmesi

 

434 madda. Düşünje

 

Şertnamanyň mazmunynyň çäklerinden çykýan haýsy-da bolsa bir şertsiz hereketi ýerine ýetirmäge bergidaryň borç edinmegine getirýän borçnama bergidaryň kepillendirmesi diýlip hasap edilýär.

 

435 madda. Kepillendirmäniň hakykylygy

 

Eger kepillendirme kanunda göz öňünde tutulan kadalara ters gelmeýän bolsa ýa-da bergidary artykmaç zada borçly etmeýän bolsa, onda bu kepillendirme hakyky diýlip hasap edilýär.

 

436 madda. Kepillendirmäniň formasy

 

Kepillendirme ýazmaça formada resmileşdirilmelidir.

 

6 BAP. BORÇNAMALARYŇ BES EDILMEGI BORÇNAMALARYŇ ÝERINE ÝETIRMEK BILEN BES EDILMEGI

 

437 madda. Borçnamalaryň kreditoryň peýdasyna ýerine ýetirmek bilen bes edilmegi

 

Borçnamalaýyn gatnaşyk borçnamany kreditoryň peýdasyna ýerine ýetirmek bilen bes edilýär (ýerine ýetirmek).

 

438 madda. Borçnamanyň täzelenilmegi (nowasiýa) arkaly bes edilmegi

 

Kreditoryň borçnamada göz öňünde tutulan ýerine ýetirişe derek başga borçnamany (nowasiýa) ýerine ýetirmegi kabul edýän halatynda hem borçnamalaýyn gatnaşyklar bes edilýär.

 

439 madda. Borçnamany ýerine ýetirmäge kabul etmek

 

1. Bergidaryň talap etmegi boýunça kreditor ýerine ýetirişi özüniň doly ýa-da kem-käs kabul edýändigini tassyklaýan dokumenti bermelidir.

2. Eger karz almak hakynda düzülen dokumentde prosentler hakynda maglumatlary bolmasa, onda ol prosentleriň tölenilendigini we pul gatnaşygynyň doly bes edilýändigini aňladýar.

3. Bergi wagtal-wagtal, bölek-bölekden tölenilýän mahalynda berginiň iň soňky böleginiň tölenilendigi hakyndaky dokument, başgaça bellenilmedik bolsa, berginiň şondan öňki bölegi hem tölenildi diýip çak etmäge esas berýär.

 

440 madda. Bergini kabul etmek hakyndaky dokumentdäki maglumatlar

 

Ýerine ýetiriş hakynda kreditor tarapyndan ýa-da ygtyýarly şahs tarapyndan düzülen dokument berginiň möçberi we görnüşi hakyndaky, bergidaryň ýa-da bergini töleýän şahsyň familiýasy we ady, ýerine ýetirişiň wagty we ýeri hakyndaky maglumatlary öz içine almalydyr.

 

441 madda. Bergi dokumentini talap etmek hukugy

 

Eger talap hakynda bergi dokumenti berlen bolsa, onda bergidar ýerine ýetiriş hakyndaky dokument bilen birlikde bu dokumentiň gaýtarylyp berilmegini ýa-da onuň, ýatyrylmagyny talap edip biler. Eger kreditor bergi dokumentini gaýtaryp berip bilmese, onda bergidar borçnamanyň, bes edilendigi hakynda resmi suratda tassyklanylan güwänamany talap etmäge haklydyr.

 

442 madda. Ýerine ýetiriş hakyndaky dokumenti bermek baradaky çykdajylary tölemek

 

1. Ýerine ýetiriş hakyndaky dokumenti bermek baradaky çykdaýjylar, eger bergidar bilen kreditoryň arasyndaky ylalaşykdan başgaça gelip çykmaýan bolsa, bergidaryň öz üstüne ýüklenilýär.

2. Eger kreditor ýaşaýan ýerini üýtgetse ýa-da aradan çyksa we başga ýerde ýaşaýan mirasdarlaryny goýup gitse, onda ýerine ýetiriş hakyndaky dokumentiň berilmegi bilen baglanyşykly artan çykdajylar kreditoryň ýa-da onuň mirasdarlarynyň üstüne ýüklenilýär.

 

443 madda. Kreditoryň öz borçlaryny ýerine ýetirmezligi sebäpli ýerine ýetirişden ýüz döndermek

 

Eger kreditor ýerine ýetiriş hakyndaky dokumenti bermekden, bergi dokumentini gaýtaryp bermekden ýa-da berginiň üzlüşilendigini ykrar etmekden ýüz dönderýän bolsa, onda bergidar özüniň ýerine ýetirmeli bolan zadyny ýerine ýetirmekden ýüz döndermäge haklydyr. Şunuň ýaly halatda kreditor bellenen möhleti geçiren hasap edilýär.

 

§ 2. Borçnamanyň deponirlemek arkaly bes edilmegi

 

444 madda. Düşünje

 

1. Eger kreditor ýerine ýetirişi kabul etmekde haýal-ýagallyk edýän bolsa ýa-da munuň ýerleşýän ýeri näbelli bolsa, onda bergidar ýerine ýetiriş zadyny saklamak üçin suda ýa-da notariata tabşyrmaga, puly ýa-da gymmatly kagyzlary bolsa- notariusyň depozit sçýotyna geçirmäge haklydyr.

2. Deponirlemek netijesinde bergidar kreditoryň öňündäki borçnamasyndan boşadylýar.

 

445 madda. Deponirlenilen emlägiň kreditora berilmegi

 

Sud ýa-da notarius deponirlenilen emlägi kreditora bermelidir. Sud ýa-da notarius ony saklaýjyny seçip alýar, dokumentler bolsa olarda galýar.

 

446 madda. Zadyň deponirlenilmäge ýaramlylygy

 

Zat saklamak üçin ýaramly bolmalydyr. Basym zaýalanýan zatlar saklamak üçin kabul edilmeýär.

 

447 madda. Zadyň saklanylýan ýeri

 

Zat ýerine ýetirişiň ýerinde saklanylmalydyr.

 

448 madda. Zady kreditoryň kabul etmek talaby

 

Sud ýa-da notarius zadyň saklamak üçin kabul edilendigini kreditora habar berýär we zady kabul etmegi ondan talap edýär.

 

449 madda. Zady saklamak bilen baglanyşykly edilen çykdajylary tölemek

 

Zady saklamak bilen baglanyşykly edilen çykdajylaryň hemmesi kreditoryň üstüne ýüklenilýär.

 

450 madda. Saklamak üçin tabşyrylan zady bergidaryň talap edip almagy

 

1. Bergidar saklamak üçin kreditor tarapyndan kabul edilmezinden öň tabşyrylan zadyň gaýtarylş berilmegini talap etmäge haklydyr. Eger ol zadyň gaýtarylyp berilmegini talap edýän bolsa, onda zat saklanylmady diýlip hasap edilýär.

2. Bergidar saklamak üçin tabşyrylan zady eger kreditor ondan ýüz dönderýän bolsa ýa-da şu Kodeksiň 451 maddasynda göz öňünde tutulan möhlet geçen bolsa, özüne gaýtaryp alyp biler.

3. Eger bergidar zady özüne gaýtaryp alýan bolsa, onda şol zady saklamak üçin edilen çykdajylar onuň üstüne ýüklenilýär.

 

451 madda. Ýerine ýetiriş zadyny saklamagyň möhleti

 

Sud ýa-da notarius zady bir ýyla çenli möhlet bilen saklaýar. Eger şu möhletiň dowamynda kreditor zady kabul etmese, onda bu hakda bergidara habar berlip, onuň saklamak üçin berlen zady özüne gaýtaryp almagy talap edilýär. Eger bergidar zady gaýtaryp bermek üçin zerur bolan möhletiň dowamynda zady almasa, onda şol zat döwlet emlägi diýlip hasap edilýär.

 

§ 3. Özara talaplary hasaba goşmak arkaly borçnamanyň bes edilmegi

 

452 madda. Borçnamalary hasaba goşmak mümkinçiligi

 

1. Iki şahsyň arasynda dowam edýän özara talaplar, eger bu talaplary ýerine ýetirmegiň, möhleti gelip ýeten bolsa, olary hasaba goşmak arkaly bes edilip bilner.

2. Talaplardan  birini ýerine ýetirmegiň möhleti entek gelmedik bolsa, ýöne bu talaba hukugy bolan tarapyň talaby hasaba goşmagy goldaýan bolsa-da talaplary hasaba goşmak mümkindir. Bu talaplary hasaba goşmak işi bu hakda beýleki tarapa habar bermek arkaly amala aşyrylýar.

 

453 madda. Hasaba goşmak talabynyň wagt möhleti

 

Eger talap baradaky wagt möhleti geçmedik bolsa we talaby hasaba goşmak entek mümkin bolsa, onda talabyň wagt möhleti borçnamanyň hasaba goşulmagyny aradan aýyrmaýar.

 

454 madda. Hasaba goşulýan talaplar

 

Eger hasaba goşulýan talaplar biri-biriniň üstüne ýapmaýan bolsa, onda diňe beýleki talabyň möçberinden az bolan möçberi hasaba goşulýar.

 

455 madda. Hasaba goşulýan birnäçe talap

 

1. Eger şertnamada hasaba goşmak barada habar berlen tarapyň hasap edilmäge degişli birnäçe talaby bar bolsa, onda şu Kodeksiň 398 maddasynyň kadalary ulanylýar.

2. Eger haýsy tarapa esasy borçnama bilen bir hatarda prosentleri we beýleki çykdajylary tölemek borjy ýüklenilýän bolsa, şol tarap barada şu Kodeksiň 399 maddasynyň kadalary ulanylýar.

 

456 madda. Borçnamalar dürli ýerlerde ýerine ýetirilende borçnamalary hasaba goşmak

 

Borçnamalary ýerine ýetirmek üçin dürli ýerler göz öňünde tutulan mahalynda-da borçnamalaryň hasaba goşulmagyna ýol berilýär.

 

457 madda. Borçnamalary hasaba goşmaga ýol bermezlik

 

Şu aşakdaky ýagdaýlarda borçnamalaryň hasaba goşulmagyna ýol berilmeýär:

a) eger talaplary hasaba goşmak işi ylalaşylyp öňünden aradan aýrylan bolsa;

b) eger borçnamanyň zadyndan töleg tutulyp bilinmejek bolsa ýa-da borçnama zady ýaşaýyş serişdesi bolup durýan bolsa;

w) eger borçnama saglyga şikes ýetmegi ýa-da ölüm zerarly ýeten zeleli tölemegi göz öňünde tutýan bolsa;

g) kanunda göz sünde tutulan beýleki halatlarda.

 

§ 4. Bergini geçmek arkaly borçnamanyň bes edilmegi

 

458 madda. Düşünje

 

Berginiň geçilmegi borçnamanyň bes edilmegine getirýän ýagdaýynda taraplaryň ylalaşmagy esasynda amala aşyrylýar.

 

459 madda. Bergini geçirmegiň beýleki raýdaş bergidarlar üçin netijeleri

 

1. Raýdaş bergidarlaryň biri barada berginiň geçilmegi beýleki raýdaş bergidarlary hem bergiden boşadýar, ýöne muňa kreditoryň olar baradaky talaby özünde galdyrýan halatlary girmeýär.

2. Şunuň ýaly halatda kreditor galan raýdaş bergidarlar barasynda diňe bir talaby peýdalanyp biler, özem şunda bergiden boşadylan bergidaryň paýy çykylmalydyr.

 

460 madda. Berginiň esasy bergidar barada geçilmeginiň netijeleri

 

1. Berginiň esasy bergidar barada geçilmegi zamun bolýanlary-da bergiden boşadýar.

2. Zamun bolýanyň bergini tölemekden boşadylmagy esasy bergidary borçnamany ýerine ýetirmekden boşatmaýar.

3. Zamun bolýanlaryň biriniň bergini tölemekden boşadylmagy beýleki zamun bolýanlary hem bergiden boşadýar.

 

461 madda. Iki taraplaýyn şertnama boýunça talaplardan ýüz döndermegiň netijeleri

 

Iki taraplaýyn şertnamadaky taraplaryň biriniň öz talabyndan ýüz döndermegi borçnamanyň bes edilmegine getirmeýär. Ol şertnamada göz öňünde tutulan borçnamalaryny beýleki tarap öz talabyndan tä ýüz dönderýänçä ýerine ýetirmäge borçludyr.

 

§ 5. Borçnamalaryň bes edilmeginiň beýleki esaslary

 

462 madda. Bergidar bilen kreditor bir şahs bolup çykanda borçnamalaryň bes edilmegi

 

Eger bergidar bilen kreditor bir şahs bolup çyksa, onda borçnamalaýyn gatnaşyklar bes edilýär.

 

463 madda. Bergidaryň aradan çykmagy sebäpli borçnamanyň bes еdilmegi

 

1. Eger bergidaryň hut özi gatnaşmasa borçnamany ýerine ýetirmek mümkin bolmasa, onda bergidaryň aradan çykmagy borçnamanyň bes edilmegine getirýär.

2. Eger borçnamany ýerine ýetirmek işi kreditoryň özi üçin niýetlenilen bolsa, onda kreditoryň aradan çykmagy borçnamanyň bes edilmegine getirýär.

 

464 madda. Ýuridiki şahsyň ýatyrylmagy sebäpli borçnamanyň bes edilmegi

 

Ýuridiki şahsy ýatyrmagyň tamamlanmagynyň bellige alnan pursatyndan başlap, ýuridiki şahsyň borçnamalary bes edilýär.

 

7 BAP. TALABY BAŞGA BIRINE BERMEK

 

465 madda. Talaby başga birine bermek

 

Kreditor talaby özüniň başga bir şertnama baglaşan şahsyna (talaby başga birine bermek) berip biler. Şeýle şertnama baglaşylan pursatyndan beýläk, ilkibaşky kreditor öz ornuny täze kreditora berýär.

 

466 madda. Talaby başga birine bermäge ýol bermezlik

 

1. Eger borçnama täze kreditor barasynda borçnamanyň mazmunyny üýtgetmän ýerine ýetirilip bilinmejek bolsa ýa-da bergidar bilen ylalaşylmagy esasynda talaby başga birine bermek aradan aýrylan bolsa, onda talabyň başga birine berilmegine ýol berilmeýär.

2. Eger talapdan töleg töledilip alnyp bilinmejek bolsa, onda şol talaby başga birine bermek bolmaýar.

 

467 madda. Talap başga birine berlende üpjünçilik serişdeleriniň hem oňa geçmegi

 

1. Talabyň täze kreditora berilmegi bilen talaby üpjün edýän ipotekalar, girew hukuklary, şeýle hem bu talap boýunça bellenilen zamundan gelip çykýan hukuklar hem oňa geçýär.

2. Başga birine berlen talap bilen baglanyşyklylykda talap mejbury suratda ýa-da konkurs esasynda ýerine ýetirilen halatynda, ileri tutulyp kanagatlandyrylmak hukugyny täze kreditor amala aşyryp biler.

 

468 madda. Dokumentleri we maglumaty bermek

 

Ilkibaşky kreditor talap baradaky hukugy amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlary täze kreditora habar bermäge, şonuň ýaly-da talaby tassyklamak üçin zerur bolan öz garamagyndaky dokumentleri oňa bermäge borçludyr.

 

469 madda. Talabyň başga birine berilmegini tassyklamak

 

Ilkibaşky kreditor talabyň başga birine berilýändigi hakynda resmi tertipde tassyklanylan dokumenti täze kreditoryň talap etmegi boýunça oňa bermäge borçludyr. Şunuň ýaly dokumenti tassyklamak üçin edilýän çykdajylar täze kreditoryň üstüne ýüklenilýär.

 

470 madda. Bergidaryň garşy bolmagy

 

Bergidar talabyň başga birine berlen pursatda ilkibaşky kreditoryň garşysyna özünde bar bolan garşylygyny we garşylyklaýyn talaplaryny täze kreditora bildirmäge haklydyr.

 

471 madda. Talabyň başga birine berilmegini mälim etmek

 

1. Talabyň başga birine berilmegi hakynda özüne habar berilýänçä, bergidaryň öz borçnamasyny ilkibaşky kreditoryň peýdasyna ýerine ýetirmäge haky bardyr.

2. Eger kreditor öz talabyny başga birine berendigini bergidara mälim etse, onda bergidar barasynda talabyň başga birine berilmeginiň hakykylygy barada (bu barada bergidara mälim edendigine garamazdan) kreditoryň jedelleşmäge hukugy ýokdur, eger hakykatda talap başga birine berilmedigem bolsa ýa-da talaby başga birine bermegiň özi hakyky dälem bolsa, kreditoryň jedelleşmäge hukugy ýokdur.

3. Mälim edilen habar diňe täze kreditor hökmünde görkezilen adamyň razyçylygy bilen yzyna alnyp bilner.

 

472 madda. Talabyň köp gezek başgalara berilmegi

 

Eger şol bir talaby bermek hakynda ilkibaşky kreditor birnäçe şahs bilen şertleşen bolsa, onda ilkibaşky kreditor kim bilen beýlekilerden öň gatnaşyk açan bolsa, şol bergidaryň öňünde ygtyýarly bolar.

 

473 madda. Talabyň kanuna görä başga birine geçmegi

 

Kanuna görä ýa-da suduň çözgüdi sebäpli, talabyň başga birine geçmegi barasynda şu Kodeksiň 466 - 472 maddalarynda göz öňünde tutulan kadalar ulanylýar.

 

474 madda. Beýleki hukuklaryň başga birine geçmegi

 

Eger kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda talaby başga birine bermek hakyndaky kadalar beýleki hukuklaryň başga birine berilmegi barasynda-da degişli suratda ulanylýar.

 

8 BAP. BERGINIŇ BAŞGA BIRINE GEÇMEGI

 

475 madda. Berginiň başga birine geçmegi

 

Üçünji şahs kreditor bilen şertnama baglaşmak esasynda bergini ilkibaşky bergidaryň ornuny tutar ýaly özüne kabul edip biler.

 

476 madda. Berginiň bergidar bilen razylaşylyp başga birine geçmegi

 

1. Eger üçünji şahs bergidar bilen razylaşyp, bergini öz üstüne alýan bolsa, onda ylalaşyp hakykylygy kreditoryň razyçylygyna baglydyr.

2. Eger kreditor berginiň başga birine geçmegine razy bolmakdan ýüz dönderse, onda bergi başga birine geçmedik diýlip hasap edilýär.

 

477 madda. Bergini öz üstüne alan şahsyň garşy bolmagy

 

1. Bergini öz üstüne alan şahs kreditoryň talabynyň garşysyna hukuk gatnaşyklaryna, ýagny kreditor bilen ilkibaşky bergidaryň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryna esaslandyrylan garşylygy bildirip biler. Şonuň ýaly şahs ilkibaşky bergidara degişli bolan talabyň hasap edilmegini talap edip bilmez.

2. Bergini öz üstüne alan şahs özi bilen ilkibaşky bergidaryň arasyndaky hukuk gatnaşygyna - berginiň başga birine geçmegine esas bolup hyzmat eden hukuk gatnaşygyna esaslanyp, kreditoryň garşysyna garşylyk bildirip bilmez.

 

478 madda. Zamunlygyň we girew hukuklarynyň bes edilmegi

 

Bergi başga birine geçen halatynda ony üpjün etmek üçin berlen ähli zamunlyklar we girew hukuklary bes edilýär.

 

9 BAP. BORÇNAMADA KREDITORLARYŇ ÝA-DA BERGIDARLARYŇ KÖP SANLY BOLMAGY

 

§ 1. RAÝDAŞ KREDITORLAR

 

479 madda. Raýdaş hukuklylar

 

Eger birnäçe şahs talabyň ýerine ýetirilmegini talap etmäge hukukly bolsa, özem şunda olaryň her biri talabyň doly ýerine ýetirilmegini talap edip bilýän bolsa, bergidaryň üstüne bolsa diňe bir gezekki ýerine ýetiriş ýüklenýän bolsa, onda olar raýdaş hukukly şahslar - raýdaş kreditorlar bolýarlar.

 

480 madda. Raýdaş hukuklaryň ýüze çykmagy üçin esaslar

 

Raýdaş hukuklylyk şertnama, kanun esasynda ýa-da borçnama zadyny bölüp bolmazlygy esasynda ýüze çykýar.

 

481 madda. IIslendik kreditoryň öňünde borçnamany ýerine ýetirmek

 

Eger kreditorlaryň biri şu Kodeksiň 479 maddasynda görkezilen talap bilen bergidara hak islegini bildirmedik bolsa, onda bergidar öz islegi boýunça islendik kreditoryň öňünde borçnamany ýerine ýetirip biler.

 

482 madda. Kreditorlaryň biri üçin borçnamany ýerine ýetirmek

 

Borçnamanyň bütinleý bir kreditor üçin ýerine ýetirilmegi bergidary beýleki kreditorlaryň öňündäki borçnamadan boşadýar.

 

483 madda. Raýdaş kreditorlaryň biriniň talapdan ýüz döndermeginiň netijeleri

 

Eger rýaýdaş kreditorlaryň biri bergidar barasyndaky talapdan ýüz dönderse, onda bergidar bu kreditora degişli bolan bölegi tölemekden boşadylýar.

 

484 madda. Başga kreditor bilen baglanyşykly faktlary peýdalanmaga ýol bermezlik

 

Bergidar kreditorlaryň biri barasynda başga kreditor bilen baglanyşykly faktlary peýdalanyp bilmez.

 

485 madda. Raýdaş kreditoryň mirasdarlarynyň hukuklary

 

Eger raýdaş kreditoryň birnäçe mirasdary bar bolsa, onda olaryň her birine bergi baradaky hukugyň diňe özüniň miras paýyna laýyk gelýän bölegi geçýär.

 

486 madda. Raýdaş kreditoryň beýleki kreditorlaryň öňündäki borçlary

 

1. Taabyň ýerine ýetirilmegini bergidardan doly alan raýdaş kreditor özlerine degişli paýy galan kreditorlara bermäge borçludyr.

2. Raýdaş kreditorlaryň arasynda başga zat bellenilmedik bolsa, olaryň arasyndaky özara gatnaşyklarda deň paýlary bardyr.

 

§ 2. RAÝDAŞ BERGIDARLAR

 

487 madda. Raýdaş borçnamalar

 

Eger borçnamany ýerine ýetirmek birnäçe şahsyň üstüne ýüklenilen bolsa, özem olaryň her biri borçnamany doly ýerine ýetirmäge gatnaşmaly edilen bolsa, kreditoryň, bolsa diňe bir gezekleýin ýerine ýetirmegi talap etmek hukugy bolar ýaly edilen bolsa, onda olar raýdaş bergidarlar (raýdaş borçnama) bolýarlar.

 

488 madda. Raýdaş borçnamanyň ýüze çykmagy üçin esaslar

 

Raýdaş borçnama şertnama, kanun esasynda ýa-da borçnama zadynyň bölünmezligi esasynda ýüze çykýar.

 

489 madda. Kreditoryň talabyň ýerine ýetirilmegini islendik bergidardan talap etmek hukugy

 

Kreditor öz makul bilşine görä, talabyň ýerine ýetirilmegini islendik bergidardan doly ýerine ýetirmegi hem, kem-käs ýerine ýetirmegi hem talap edip biler. Borçnama doly ýerine ýetirilýänçä, beýleki bergidarlaryň borçnamalary güýjünde galýar.

 

490 madda. Kreditor barasynda raýdaş bergidaryň garşylykly talaby

 

Raýdaş bergidar şertnamanyň düýp mazmunyndan gelip çykýan garşylykly ähli talaplary ýa-da diňe özüniň hukugy bolan garşylykly talaplaryny, ýa bolmasa raýdaş bergidarlaryň hemmesi üçin umumy bolan garşylykly talaplary kreditora bildirmäge doly ygtyýarlydyr.

 

491 madda. Bergidarlaryň biriniň borçnamany doly ýerine ýetirmeginiň netijeleri

 

Bir bergidaryň borçnamany doly ýerine ýetirmegi beýleki bergidarlary borçnamany ýerine ýetirmekden boşadýar. Bu kada bergidaryň kreditor barada amala aşyran hasaba goşulmasy barasynda-da hereket edýär.

 

492 madda. Beýleki raýdaş bergidar bilen baglanyşykly faktlary peýdalanmaga ýol bermezlik

 

Raýdaş bergidarlaryň biri bilen baglanyşykly bolan faktlar, eger borçnamanyň düýp mazmunyndan başgaça gelip çykmaýan bolsa, diňe bu şahs barasynda peýdalanylyp bilner.

 

493 madda. Raýdaş bergidarlaryň biri barasynda hak islegini bildirmek

 

Bergidarlaryň biri barasynda hak isleginiň bildirilmegi kreditory beýleki bergidarlar barasynda-da hak islegini bildirmek hukugyndan mahrum etmeýär.

 

494 madda. Talaby ýerine ýetirmäge kabul etmegi bökdemegiň netijeleri

 

1. Raýdaş bergidarlaryň birinden talaby ýerine ýetirmäge kabul etmegiň kreditor tarapyndan bökdelmeginiň netijeleriniň beýleki raýdaş bergidarlar barasynda hem güýji bardyr.

2. Raýdaş bergidarlaryň biriniň talaby ýerine ýetirmek möhletlerini berjaý etmezliginiň netijeleri beýleki raýdaş bergidarlar barasynda peýdalanylyp bilinmez.

 

495 madda. Raýdaş bergidarlaryň mirasdarlarynyň borçlary

 

Eger raýdaş bergidarlaryň biriniň birnäçe mirasdary bar bolsa, onda bu mirasdarlar özleriniň miras paýyna laýyklykda borçnamany ýerine ýetirmäge borçludyrlar. Eger talap bölünmeýän bolsa, onda bu kada ulanylmaýar.

 

496 madda. Kreditoryň talabynyň raýdaş bergidarlaryň biriniň bergisi bilen birleşdirilmegi

 

Eger kreditoryň talaby raýdaş bergidarlaryň biriniň bergisi bilen birleşdirýän bolsa, onda beýleki bergidarlar barasynda borçnama şol bergidaryň paýyna düşýän möçberde bes edilýär.

 

497 madda. Bergidarlaryň biriniň borçnamany doly ýerine ýetiren mahalynda regres tertibinde talap bildirmek hukugy

 

1. Raýdaş borçnamany ýerine ýetiren bergidaryň beýleki bergidarlar barasynda olaryň paýyna laýyklykda, eger şertnamada ýa-da kanunda başgaça bellenilmedik bolsa, regres tertibinde talap bildirmäge hukugy bardyr, ýöne şunda onuň öz paýy çykylýar.

2. Eger bergidarlaryň jogapkärçiliginiň möçberini kesgitlemek mümkin bolmasa, onda olar biri-biriniň öňünde deň derejede jogapkärdirler.

 

498 madda. Raýdaş bergidaryň töleg tölemek ukybynyň bolmazlygynyň netijeleri

 

Eger bergidarlaryň biri töleg tölemäge ukypsyz bolup çyksa, onda oňa düşýän paý töleg tölemäge ukyply beýleki bergidarlaryň arasynda deň paýlanylýar.

 

499 madda. Raýdaş bergidar üçin kompensasiýa

 

Eger raýdaş bergidarlaryň diňe biri raýdaş borçnamadan peýda alan bolsa, onda onuň ýaly peýdany almadyk raýdaş bergidar öz borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini kanagatlandyrmagy talap edip biler.

 

500 madda. Wagt möhletiniň gutarmagynyň netijeleri

 

Raýdaş bergidarlaryň biri barasynda wagt möhletiniň geçmegini togtatmagyň ýa-da bes etmegiň beýleki bergidarlar barasynda güýji ýokdur.

 

2 BÖLÜM. BORÇNAMALARYŇ AÝRY-AÝRY GÖRNÜŞLERI

 

1 BAP. SATYN ALMAK-SATMLK. ALYŞ-ÇALYŞ

 

§ 1. Umumy düzgünler

 

501 madda. Düşünje. Mazmun

 

1. Satyn almak-satmak şertnamasy boýunça satyjy emläge eýeçilik hukugyny, onuň bilen baglanyşykly dokumentleri we harydyny alyja bermäge borçludyr.

2. Alyjy satyja ylalaşylan nyrhy tölemäge we satyn alnan emlägi kabul etmäge borçludyr.

3. Eger şertnamada nyrh gös-göni görkezilmedik bolsa, onda taraplar nyrhy kesgktlemegiň serişdeleri dogrusynda ylalaşyp bilerler.

 

502 madda. Gozgalýan zady satmak bilen baglanyşykly çykdajylar

 

 Zady bermek bilen baglanyşykly çykdajylar, hususan-da ony çekmek, ölçemek we gaplamak baradaky çykdajylar satyjynyň üstüne ýüklenilýär, harydy almak we ony şertnama baglaşylan ýerden başga ýere ibermek bilen baglanyşykly çykdajylar bolsa, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, alyjynyň üstüne ýüklenilýär.

 

503 madda. Gozgalmaýan zady satmak bilen baglanyşykly çykdajylar

 

Satyn almak, satmak şertnamasyny resmileşdirmek, eýeçilik hukugynyň berilmegini notarial tertipde tassyklamak, jemagat reýestrinde bellige almak we munuň, üçin zerur bolan dokumentleri bermek baradaky çykdajylar gozgalmaýan emlägi alyjynyň üstüne ýüklenilýär.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 40 -njy madda)

 

504 madda. Satyjynyň harydy ibermek baradaky borçlary

 

1. Eger satyjy harydy daşaýja şertnama boýunça berýän bolsa we bu haryt tapawutlanyş nyşanlary bilen hem haýsy-da bolsa bir hili beýleki serişdeler bilen hem takyk bellenilmedik bolsa, onda satyjy harydyň ugradylandygy hakynda alyja habar bermelidir we ýüküň jikme-jik sanawyny oňa ibermelidir.

2. Eger harydy ugratmak satyjynyň üstüne ýüklenilen bolsa, onda ol harytlary bellenilen ýerine eltmek üçin zerur bolan şertnamalary we harydy şunuň ýaly daşamak üçin adaty şertleri baglaşmalydyr.

3. Eger satyjy haryt daşalan mahalynda ony ätiýaçlandyrmaga borçly bolmasa, onda ol alyjynyň haýyşy boýunça şonuň ýaly ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin zerur bolan we özünde bar bolan ähli maglumaty oňa bermelidir.

 

505 maddasy güýjüni ýitiren 2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 40-njy madda.

 

506 madda. Zadyň tötänden heläk bolmak töwekgelçiliginiň başga birine geçmegi

 

1. Satylan zadyň berilmegi bilen bir wagtyň özünde zadyň tötänden ýok edilmegi ýa-da zaýalanmagy baradaky töwekgelçilik hem, eger taraplar başga zat hakynda gepleşmedik bolsa, alyja geçýär.

2. Eger satyjy alyjynyň haýyşy boýunça satylan zady şertnamada göz öňünde tutulanyndan başga ýere iberýän bolsa, onda zadyň tötänden ýok edilmegi ýa-da zaýalanmak töwekgelçiligi satyjynyň zady daşaýja ýa-da munuň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkär şahsa beren pursatyndan başlap alyja geçýär.

 

507 madda. Harydyň kabul edilmegi

 

Eger alyjy harydyň kabul edilmegine şaýatlyk edýän hereketi etse, onda haryt kabul edilen diýlip hasap edilýär.

 

508 madda. Şertnamadan ýüz döndermek üçin esaslar

 

1. Eger şertnama baglaşylandan soň beýleki tarapyň öz borçnamalarynyň ep-esli bölegini ýerine ýetirmejekdigi barada real howp bar bolsa, onda şertnamadaky islendik tarap öz borçnamalaryny ýerine ýetirmekden ýüz dönderip biler.

2. Eger taraplaryň howpsuzlygy üpjün edilen bolsa, onda borçnamadan ýüz dönderilmegine ýol berilmeýär.

 

509 madda. Harydy birnäçe şahsa satmak

 

Eger satyjy şol bir harydy birnäçe şahsa satan bolsa, onda öz eýeligine haryt birinji nobatda geçen alyjy ileri tutulýar, eger-de emläk olaryň birine-de berilmedik bolsa, onda şertnamany ilki baglanşan şahs ileri tutulýar.

 

510 madda. Satylan harydy bölek - bölek bermek

 

Eger taraplaryň biriniň, harydy bermek barada diňe bir borçnamany ýerine ýetirmezligi sebäpli harydy soňraky postawka etmek borçnamalarynyň hem ýerine ýetirilmejekdigi barada real howp dörän bolsa, onda satylan harydy bölek-bölekden berlen mahalynda beýleki tarap degişli wagt geçenden soň şertnamadan ýüz dönderip biler.

 

511 madda. Zady kemçiliksiz bermek borjy

 

Satynjy zady alyja bütinleý kemçiliksiz bermelidir.

 

512 madda. Bütinleý kemçiliksiz zat

 

1. Eger zat şertleşilen hiline laýyk gelýän bolsa, onda onuň kemçiligi ýokdur. Eger zadyň, hili öňünden şertleşilmedik bolsa, eger we şol zat şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly ýa-da adatda bolşy ýaly peýdalanmak üçin ýaramly bolsa, onda zat kemçiligi ýok zat diýlip hasap edilýär.

2.Eger satyjy zadyň diňe bir bölegini, bütinleý başga zady, az mukdardaky zady berýän bolsa ýa-da zadyň bir böleginiň kemçiligi bar bolsa, onda munuň özi kemçilige deňleşdirilýär, muňa bu kemçiligiň ýerine ýetirilşe düýpli täsir etmeýän halatlary girmeýär.

 

513 madda. Üçünji şahslaryň hukugyndan boş predmeti satmak

 

1. Satyjy satylan predmeti üçünji şahslaryň hukuklaryny bermän alyja bermäge borçludyr.

2. Eger ýer baradaky kitapda dowam etmeýän hukuk bellige alnan bolsa, onda şol hukuk üçünji şahslaryň hukuklarynyň berilmegine deňleşdirilýär.

 

514 madda. Kemçiligi bar zat satylanda satyjynyň borçlary

 

1. Eger satylan zadyň kemçiligi bolsa, onda satyjy bu kemçiligi ýa-ha düzetmelidir, ýa-da gürrüň kysymdaş sypatlary bilen kesgitlenýän zat barada gidýän bolsa, munuň, üçin zerur bolan wagtyň içinde şol zady çalyşmalydyr.

2. Kemçiligi düzetmek üçin zerur bolan çykdajylary, şol sanda işleri we materiallary daşamak baradaky çykdajylary, ýol çykdajylaryny, olary ýerine ýetirmegiň gymmatyny tölemek satyjynyň üstüne ýüklenilýär.

3. Eger zadyň gymmatyndan aşa köp harajatlary talap edýän bolsa, onda satyjy zadyň kemçiligini - düzetmekden, şol zady çalşyrmakdan hem ýüz dönderip biler.

4. Eger satyjy kemçiligi düzetmek maksady bilen kemçiligi bolmadyk zady alyja berse, onda ol kemçiligi bar zady gaýtaryp bermegi alyjydan talap edip biler.

 

515 madda. Alyjynyň şertnamany ýatyrmak hukugy

 

1. Şu Kodeksiň 366 maddasyna laýyklykda alyjy zadyň kemçiligi bilen baglanyşyklylykda şertnamanyň ýatyrylmagyny talap edip biler.

2. Satyjy alyjynyň çeken çykdajylaryny oňa tölenmelidir.

 

516 madda. Nyrhy aşaklatmak talaby

 

Eger alyjy zadyň kemçiligini düzetmegi ýa-da munuň üçin satyja berlen wagt geçenden soň zady täze zat bilen çalşyrmagy we şertnamany ýatyrmagy talap etmeýän bolsa, onda ol kemçiligi düzetmek üçin zerur bolan möçberlerde zadyň nyrhynyň aşakladylmagyny talap edip biler. Şunda şertnama baglaşylan pursatda dowam eden gymmat göz öňünde tutulýar.

 

517 madda. Harydy kabul etmekden ýüz döndermek hukugy

 

1. Eger satyjy harydy şertnamada göz önünde tutulandakydan az mukdarda beren bolsa, onda alyjy harydy kabul etmekden ýüz döndermäge haklydyr. Eger alyjy şonuň ýaly harydy kabul etse, onda ol harydyň gymmatyny gepleşilen nyrha proporsýonallykda tölär.

2. Eger harydyň mukdary şertnamada göz öňünde tutulandakydan artýan bolsa, onda alyjy harydyň şol mukdaryny kabul edip biler we munuň hakyny gepleşilen nyrha proporsionallykda tölemäge ýa-da diňe şertnamada göz öňünde tutulan mukdaryny kabul etmäge borçludyr, artykmajyny bolsa satyjynyň hasabyna gaýtaryp bermäge borçludyr.

 

518 madda. Satyn almak-satmak bilen baglanyşykly zyýany tölemegiň tertibi

 

Zadyň kemçiligi sebäpli ýa-da şertnamada kesgitlenilen beýleki şertleriň bozulmagy sebäpli ýeten zyýan umumy kadalara laýyklykda tölenilýär.

 

519 madda. Alyjynyň kemçiligi bar zady kabul etmegi

 

1. Eger zat kabul edilen mahalynda alyjy zadyň kemçiligini bilse-de garaz ony kabul eden bolsa, onda alyjyda zadyň kemçiligi bilen baglanyşykly talap bildirmek hukugy ýüze çykmaýar.

2. Eger alyjy telekeçi bolsa, onda ol zady haýal etmän barlamaga borçludyr, şeýle etmese, ol, eger kemçilik ýüze çykarylandan soň degişli möhletde ýa-da kemçiligiň bardygy özüne belli bolmaly möhletde satyja şikaýat bildirmese, zadyň kemçiligi bilen baglanyşykly talap bildirmek hukugyny ýitirýär.

3. Eger satyjy zadyň kemçiligi barada bilgeşleýin sesini çykarmasa, onda, ol şu maddada göz öňünde tutulan hukukdan peýdalanyp bilmez.

 

520 madda. Zadyň ýaramlylyk möhleti

 

Eger satyjy zadyň ýaramlylyk möhletini kesgitlese, onda şol möhletiň içinde zadyň ýüze çykarylan kemçiligi talap bildirmek hukugyny alyja berýär diýlip düşünilýär.

 

521 madda. Satyjynyň jogapkärçiligini aradan aýyrmak

 

Kemçiligi bar zat satylan mahalyndaky jogapkärçilik şertnamada çäklendirilip ýa-da aradan aýrylyp bilner, emma şunuň ýaly ylalaşyk, eger satyjy zadyň kemçiligi barada bilgeşleýin sesini çykarmadyk bolsa, hakyky däldir.

 

522 madda. Hukugyň ýa-da beýleki emlägiň başga birine geçmegi

 

1. Zatlary satyn almagy-satmagy düzgünleşdirýän kadalar hukuk ýa-da beýleki emläk satyn alnan-satylan mahalynda hem ulanylýar.

2. Hukuk satylan halatynda satyjy bu hukugyň hakykylygyny esaslandyrmagy we ony bermek baradaky çykdajylary çekmegi borç edinýär.

3. Eger zada eýelik etmäge mümkinçilik berýän hukuk satylan bolsa, onda satyjy kemçiliklerden boş zady alyja bermäge borçludyr.

 

523 madda. Zadyň birnäçe gezek satylmagy

 

Eger zat birnäçe gezek satylýan bolsa, onda borçnamany üpjün edýän hukuk her bir indiki alyja berilýär. Alyjy öz hukuklarynyň çäklerinde bu birnäçe gezekki satyn alşyň we satyşyň çygrynda her bir satyja talap bildirip biler.

 

524 madda. Zady bökdemek hukugy

 

Eger alyjy zady öz wagtynda kabul etmese, satyjy zady saklamaga borçludyr we şeýle halatda, harydyň saklanandygy üçin özüne kompensasiýa tölenýänçä, şol zady özünde saklamaga onuň hukugy bardyr.

 

525 madda. Alyjynyň alan zadyny gaýtarmagy

 

Eger alyjy zady kabul eden bolsa, ýöne ony hak gaýtarmak isleýän bolsa, onda ol şol zady saklamak hakynda alada etmelidir; alyjy degişli çykdajylary satyjy töleýänçä, zady özünde saklamaga haklydyr.

 

526 madda. Zady saklamak baradaky çykdajylar

 

Eger aşa köp çykdajylara getirmese, onda zady saklamaga borçly tarap şol zady üçünji şahsyň skladynda beýleki tarapyň hasabyna saklap biler.

 

527 madda. Zady saklaýjynyň hukuklary

 

1. Zady şu Kodeksiň 524 - 526 maddalarynda görkezilen kadalar boýunça saklaýan tarap, eger beýleki tarap zady kabul etmekde ýa-da zady saklamak baradaky çykdajylary tölemekde haýal-ýagallyk etse, degişli kadalary berjaý etmek bilen bu zady satyp biler, ol bu barada beýleki tarapa habar bermelidir.

2. Zady satýan tarap zady satmakdan düşen puldan şol zady saklamak we satmak baradaky çykdajylara laýyk gelýän summany özünde galdyrmaga haklydyr, galan summany bolsa beýleki tarapa bermelidir.

 

528 madda. Çalt zaýalanýan önümleri saklamagyň aýratynlyklary

 

Eger şu Kodeksiň 524 - 525 maddalarynda göz öňünde tutulan halatlarda zat çalt zaýalanýan bolsa ýa-da onuň nyrhy gaçýan bolsa, ýa-da zady saklamak uly çykdajylar bilen baglanyşykly bolsa, onda zady saklamak öz üstüne ýüklenilen tarap şol zady şu Kodeksiň 527 maddasynda göz öňünde tutulan şertlerde satmaga borçludyr.

 

§ 2. Bahasyny tölemegi gaýra goýmak bilen satyn almak-satmak

 

529 madda. Düşünje

 

Bahasyny tölemegi gaýra goýmak bilen satyn alnan-satylan mahalynda, satyjy zady onuň nyrhy tölenilmezden öň alyja bermäge borçludyr. Alyjy zadyň nyrhyny belli-belli wagtlarda bölek-bölekden töleýär.

 

530 madda. Bahasyny tölemegi gaýra goýmak bilen satyn almak-satmak şertnamasynyň formasy

 

1. Bahasyny tölemegi gaýra goýmak bilen satyn almak-satmak şertnamasy ýazmaça baglaşylmalydyr.

2. Şertnamada şu aşakdakylar görkszilmelidir:

a) nagt tölenilmeli bahasynyň möçberleri;

b) bölek-bölekden tölenilmeli bahasynyň möçberleri we tölemegiň wagty;

w) real ýyllyk prosentleriň möçberleri.

3. Satyjy dokumentleriň kopiýasyny alyja bermelidir.

 

531 madda. Şertnamanyň zat berlen pursatyndan başlap baglaşylandygynyň prezumpsiýasy

 

Eger şertnama şu Kodeksiň 530 maddasynyň talaplary berjaý edilmän baglaşylan bolsa, onda ol zadyň berlen pursatyndan başlap baglaşylan diýlip hasap edilýär. Şunuň ýaly halatda alyjy zadyň diňe nyrhyny prosentsiz tölemäge borçludyr.

 

532 madda. Borçnama ýerine ýetirilmedik mahalyndaky iki taraplaýyn restitusiýa

 

Eger satyjy alyjynyň öz üstüne ýüklenilen borçlary ýerine ýetirmedik halatynda- şertnamadan ýüz döndermek hukugyny özünde saklaýan bolsa, onda şertnamadan ýüz dönderilende taraplaryň her biri şertnama boýunça alan zatlarynyň hemmesini beýleki tarapa gaýtaryp bermäge borçludyr. Munuň tersine bolan ylalaşyk hakyky däldir.

 

§ 3. Zady yzyna satyn almak

 

533 madda. Düşünje

 

Eger satyn almak-satmak şertnamasy boýunça satyjy zady yzyna almaga bolan hukugy barada öňünden wadalaşan bolsa, onda bu hukugy amala aşyrmagy isleýändigini satyjy alyja aýdanda zady yzyna satyn almak amala aşyryldy diýlip hasaplanylýar, Şonuň ýaly mälim etmek üçin satyn almak-satmak şertnamasy üçin bellenen formany berjaý etmek talap edilmeýär.

 

534 madda. Zady yzyna satyn almagyň nyrhy

 

Zat ilkibaşky nyrh boýunça satyn alynýar. Şunda harydy yzyna satyn alýan şahs satyn alnan harydyň yzyna satyn alynýan pursata çenli edilen çykdajylar netijesinde harydyň gymmatynyň artan summasyny hem talap etmäge haklydyr. Yzyna satyn alynýan zady enjamlaşdyran şahs şol enjamy alyp biler.

 

535 madda. Zat satyn alnan-satylan mahalynda oňa degişli zatlaryň ykbaly

 

Zady gaýtadan satýan şahs zady yzyna almak hukugyny amala aşyrýana satyn alnan zady onuň zatlary bilen birlikde gaýtaryp bermäge borçludyr.

 

536 madda. Yzyna satyn alynmazdan öň ýüze çykan zeleli tölemek

 

Eger zady gaýtadan satýan şahs zady yzyna almak hukugyny amala aşyrmazyndan öň, öz günäsi bilen harydyň zaýalanmagyna, onuň hatardan çykmagyna getiren bolsa ýa-da başga sebäplere görä satyn alnan harydy bermäge mümkinçilik bolmasa ýa-da şol predmeti düýpli üýtgetse, onda ol şu sebäpli ýetirilen zeleli tölemäge jogapkärçilik çekýär.

 

537 madda. Zady yzyna satyn alynmazyndan öň ygtyýar etmegiň hakyky däldigi

 

Eger zady gaýtadan satýan şahs zady yzyna satyn almak hukugy amala aşyrmazyndan öň, satyn alnan zada ygtyýarlyk eden bolsa, onda şonuň netijesinde ýüze çykan üçünji şahslaryň hukuklaryny aýyrmaga borçludyr.

 

538 madda. Zady yzyna satyn almagyň wagt möhleti

 

Zady yzyna satyn almagyň möhleti bäş ýyldan geçip bilmez. Bu möhletiň uzaldylmagyna ýol berilmeýär.

 

§ 4. Opsion

 

539 madda. Opsion

 

Taraplar alyjynyň belli bir wagta ýa-da belli bir waka çenli ol ýa-da beýleki predmeti edinmäge bir taraplaýyn hukugynyň bardygy (satyn alyş opsiony) barada ylalaşyp bilerler ýa-da hut şol şertlerde satyjynyň predmeti alyja satmak hukugynyň bardygy (satmak opsiony) barada ylalaşyp bilerler. Opsiýa hakyndaky şertnamalar barasynda, eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmadyk bolsa, satyn almak-satmak hakyndaky normalar ulanylýar.

 

§ 5. Zat satyn almakda artykmaç hukuklylyk

 

540 madda. Düşünje

 

1. Zat satyn almakda artykmaçlyk hukugy bolan şahs, eger borçly şahs satyn almak-satmak şertnamasyny üçünji şahs bilen baglaşsa, bu hukugy amala aşyryp biler.

2. Başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda zat satyn almakda artykmaçlyk hukugy başga şahslara berilmeýär we miras boýunça geçmeýär.

 

541 madda. Zadyň satylmagyna garaşylmagy hakynda habar bermek borjy

 

1. Borçly şahs üçünji şahs bilen baglaşmakçy bolýan şertnamasynyň mazmunynyň zat satyn almakda artykmaç hukugynyň eýesine haýal etmän habar bermelidir.

2. Zat satyn almakda artykmaç hukuk borçly şahsa habar bermek arkaly amala aşyrylýar. Borçly şahsyň üçünji şahsa teklip etjek şertleri esasynda satyn almak - satmak şertnamasy ygtyýarly şahs bilen borçly şahsyň arasynda habar bermek arkaly baglaşylýar.

3. Zat satyn almakda artykmaç hukugyň eýesi bu hukugy diňe borçly şahs tarapyndan bellenilen möhletiň içinde amala aşyryp biler.

 

542 madda. Zat satyn almakda artykmaç hukuklylygyň ulanylmazlygy hakyndaky ylalaşygyň hakyky däldigi

 

Borçly şahs bilen üçünji şahsyň arasynda dowam edýän ylalaşyk hakyky däldir, eger munuň özi satyn almak-satmak şertnamasyny zat satyn almakda artykmaç hukuklylygyň peýdalanylmazlygyna bagly edip goýýan bolsa ýa-da eger borçly şahs zat satyn almakda artykmaç hukuklylygy peýdalanmakda şertnamadan ýüz döndermäge hakly bolsa, şol ylalaşyk hakyky däldir.

 

543 madda. Goşmaça borçnamalary ýerine ýetirmek

 

1. Eger üçünji şahs zat satyn almakda artykmaç hukuklylyk eýesiniň ýerine ýetirmek mümkinçiligi ýok goşmaça borçnamany şertnama boýunça öz üstüne alýan bolsa, onda şol hukugyň eýesi goşmaça borçnamanyň deregine onuň gymmatyny tölemelidir.

2. Eger goşmaça borçnama pul bilen baha kesmek mümkin bolmasa, onda zat satyn almakda artykmaç hukuklylygyň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär; eger şertnama zat satyn almakda artykmaç hukugy göz öňünde tutman baglaşylsa, onda goşmaça borçnama hakyndaky ylalaşyk güýjüni ýitirýär.

 

544 madda. Zady makullamak şerti bilen almak-satmak

 

Eger alyjy ylalaşylan möhletde zady zaýa hasap etmese, onda satyn almak-satmak şertnamasy zady makullamak şerti bilen baglaşylyp bilner. Eger zat brak edilse, onda taraplar şertnama boýunça alnan zady biri-birine gaýtaryp bermäge borçludyrlar.

 

§ 6. Alyş-çalyş

 

545 madda. Düşünje

 

1. Emläk baradaky eýeçilik hukugyny birek-birege bermek alyş - çalyş şertnamasyndaky taraplaryň üstüne ýüklenilýär.

2. Şertnamadaky taraplaryň her biri özüniň çalyşýan emläginiň satyjysy, oňa derek zat alýan bolsa şol zadyň alyjysy diýlip hasap edilýär.

 

546 madda. Alyş-çalyş edilýän emlägiň gymmatynyň deň bolmazlygy

 

Eger alyş-çalyş edilýän emläk gymmaty boýunça deň bolmasa, onda taraplaryň ylalaşmagy boýunça emlägiň bir böleginiň gymmaty pul bilen tölenilip bilner.

 

547 madda. Alyş-çalyş barada ulanylýan kadalar

 

Alyş-çalyş şertnamasy barasynda satyn almak-satmak baradaky degişli kadalar ulanylýar.

 

2 BAP. SOWGAT ETMEK

 

548 madda. Düşünje

 

Sowgat etmek şertnamasy boýunça peşgeş beriji peşgeş berilýäniň razyçylygy bilen emlägi onuň eýeçiligine mugt berýär.

 

549 madda. Sowgat etmek şertnamasyny baglaşmak. Sowgady wada bermek

 

1. Sowgat etmek şertnamasy emlägiň berlen pursatyndan başlap, baglaşylan hasaplanylýar.

2. Eger sowgat etmek predmeti özi baradaky hukuk diňe kanunda bellenilen forma berjaý edilen mahalynda ýüze çykýan emläkden bolsa, onda sowgat etmek şertnamasy üçin bu formany berjaý etmek hökmandyr.

3. Sowgady wada bermek şeýle halatda, şol wada notarial tertipde tassyklanylan mahalynda sowgat etmek borçnamasyny döredýär.

 

550 madda. Sowgat etmäge ýol bermezlik

 

Eger emlägi sowgat etmek sowgat berijiniň ekläp-saklamagyndaky şahslary ykdysady taýdan agyr ýagdaýa salýan bolsa, onda şol şahsyň emlägi bagyşlamaga haky ýokdur.

 

551 madda. Sowgat edilen emlägiň kemçiligi

 

Eger sowgat beriji sowgat edilen emlägiň kemçiligini bet niýet bilen ýaşyrsa, onda ol şunuň bilen baglanyşyklylykda ýeten zeleli bagyşlanylýana tölemäge borçludyr.

 

552 madda. Haýyr-sahawat

 

1. Taraplar sowgat etmek şertnamasynyň hakyky bolmagynyň ol ýa-da beýleki şertiň ýerine ýetirilmegine ýa-da belli bir maksada ýetilmegine bagly bolmagyny belläp bilerler. Bu maksat umumy  peýda (haýyr-sahawat) üçin hyzmat edip biler.

2. Sowgat berijiden başga-da, öz bähbidi üçin şert goýlan her bir şahs şertiň ýerine ýetirilmegini talap edip biler.

3. Eger zat sowgat berilýän şahs şerti ýerine ýetirmese, onda sowgat beriji şertnamadan ýüz dönderip biler.

 

553 madda. Sowgat berilýäniň ýagşylygy bilmezligi zerarly sowgat etmegi ýatyrmak

 

1. Eger sowgat ediji barada ýa-da onuň ýakyn kowum-garyndaşlary barada özüne sowgat berilýän ýokary gadyr bilmezlik gylygyny görkezse, onda sowgat etmek ýatyrylyp bilner.

2. Eger sowgat etmek kanuny esasda ýatyrylan bolsa, onda sowgat beriji sowgat edilen emlägi yzyna talap edip alyp biler.

3. Sowgat etmegi ýatyrmaga hukuk berýän ýagdaý sowgat berijä mälim bolan wagtyndan soň bir ýylyň dowamynda sowgat etmek ýatyrylyp bilner.

 

554 madda. Sowgat edilen zady yzyna talap edip almak

 

1. Eger sowgat edilenden soň peşgeş beriji agyr ýagdaýa düşse hem-de ol özüni we öz ekläp-saklamagyndaky şahslary ekläp bilmese, onda  ol sowgat berlen zady, eger bu zat hakykat ýüzünde bar bolsa, ony alan şahsdan yzyna talap edip almaga haklydyr.

2. Eger sowgat beriji özüniň niýeti ýa-da göddek seresapsyzlygy sebäpli horlanýan bolsa, onda zadyň yzyna talap edilip alynmagyna ýol berilmeýär.

 

3 BAP. EMLÄGI KIREÝINE BERMEK

 

555 madda. Düşünje

 

Emlägi kireýine bermek şertnamasy boýunça emlägi kireýine beriji kireýine alyja emlägi belli bir wagtlyk bermäge borçludyr. Kireýine alyjy kireý barada bellenilen haky kireýine berijä tölemäge borçludyr.

 

556 madda. Kireýine berilýän zady abat ýagdaýda bermek

 

Kireýine beriji kireýine alnan zady şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly peýdalanmak üçin ýaramly ýagdaýda kireýine alyja bermäge we kireýine alnan ähli wagtyň dowamynda zadyň şol ýagdaýyny saklamaga borçludyr.

 

557 madda. Kemçiliklerden boş zady bermek borjy

 

Kireýine beriji kireýine alyja kemçiliklerden boş zady bermelidir.

 

558 madda. Üçünji şahslaryň hukuklaryndan boş zady bermek

 

Kireýine beriji üçünji şahslaryň hukuklaryny bermän, zady kireýine alyja kireýine bermäge borçludyr.

 

559 madda. Kemçiliklerden boş zat

 

Eger emläk bellenilen häsiýetlere eýe bolsa, onda kireýine berlen emläk kemçiliklerden boşdur. Bu häsiýetler barada gepleşilmedik bolsa, onda kireýine berlen emläk, eger şol emläk şertnamada göz öňünde tutulan iş üçin ýa-da adatça peýdalanmak üçin ýaramly bolsa, kemçiliklerden boş diýlip ykrar edilýär.

 

560 madda. Zadyň kemçiligi bilen baglanyşyklylykda kireý hakyny azaltmak

 

1. Eger kireýine berlen zadyň kemçiligi ýüze çyksa, onda kireýine beriji üçin kireý haky emlägiň ýaramlylygynyň kemelýän möçberine laýyklykda azaldylýar; kemçilik düzedilen mahalynda bu hukuk güýjüni ýitirýär. Ujypsyz kemçilik nazara alynmaýar.

2. Ýaşaýyş jaýyny kireýine bermek barada kireýine alyjynyň bähbitlerine zyýan ýetirilip baglaşylan şertnama hakyky däldir.

 

561 madda. Zadyň kemçiligi zerarly ýüze çykan zyýany tölemek

 

1. Eger emlägiň ýaramlylygyny kemeldýän kemçilik şertnama baglaşylan pursatynda bar bolsa ýa-da kirseýine berijiniň jogapkär bolan ýagdaýlary bilen baglanyşyklylykda soňra ýüze çykarylan  bolsa ýa-da kireýine beriji kemçiligi düzetmekde haýal - ýagallyk etse, onda kireýine alyjy zyýanyň tölenilmegini talap edip, şunda kireý hakynyň azaldylmagyny talap etmek hukugyny ýitirmän biler.

2. Eger kireýine beriji kemçiligi düzetmekde haýal-ýagallyk etse, onda kireýine alyjynyň özi şol kemçiligi düzedip biler we çykdajylaryň tölenilmegini talap edip biler.

 

562 madda. Zadyň kemçiligi barada şikaýat etmezligiň netijeleri

 

Eger şertnama baglaşylan pursatynda emlägiň kemçiligi kireýine alyja belli bolsa we ol bu barada şikaýat etmedik bolsa, onda kireýine alyjyda şu Kodeksiň 560 maddasynda göz  öňünde tutulan hukuklar ýüze çykmaýar.

 

563 madda. Jogapkärçilikden boşatmak hakyndaky ylalaşygyň hakyky däldigi

 

Eger kireýine beriji kemçilikleri bilgeşleýin ýaşyran bolsa, onda kireýine berlen emlägiň kemçilikleri üçin kireýine berijiniň jogapkärçiligini aradan aýyrýan ýa-da çäklendirýän ylalaşyk hakyky däldir.

 

564 madda. Jaý kireýine berlende tesir etmäge ýol bermek borjy

 

Jaýyny kireýine beriji kireýine berlen predmet barasynda otagy ýa-da jaýy talaba laýyk saklamak üçin zerur bolan çärelere ýol bermelidir. Eger mümkin bolsa, kireýine beriji bu çäreler hakynda kireýine alyja mälim etmelidir we zerur bolmadyk çäreleriň geçirilmegine ýol bermeli däldir.

 

565 madda. Şertnamadan ýüz döndermek

 

1. Eger kireýine alnan jaý kireýine alyja tutuşlygyna ýa-da bölekleýin öz wagtynda berilmeýän bolsa ýa-da soňra ol peýdalanmak hukugyndan mahrum edilen bolsa, onda kireýine alyjy şertnamany ýatyrmak üçin göz öňünde tutulan möhleti berjaý etmän, şertnamadan ýüz dönderip biler. Şertnamadan ýüz döndermäge diňe kireýine beriji kireýine alyjynyň bellän möhletinde jaýy peýdalanmaga päsgel berýän ýagdaýlary düzetmedik halatynda ýol berilýär.

2. Eger şertnamadan ýüz döndermek üçin esas bolýan ýagdaýlar zerarly kireýine alyjy bu şertnama bolan meýlini ýitirse, onda möhlet bellemek zerurlygy aradan aýrylýar.

3. Ýaşaýyş jaýyny kireýine almakda şertnamany ýatyrmak hukugyny aradan aýyrýan ýa-da çäklendirýän ylalaşyk hakyky däldir.

 

566 madda. Ýaşaýyş jaý şertnamasyny kireýine alyjynyň ýatyrmagy

 

Eger ýaşaýyş jaýy ýa-da adamlaryň ýaşamagy üçin niýetlenilen başga jaý olaryň saglygyna ep-esli howp salýan ýagdaýda bolsa, onda kireýine alyjy kireýine almak şertnamasyny möhletleri berjaý etmän ýatyryp biler. Eger kireýine alyjy şertnama baglaşylan wagtynda howpuň bardygyny bilen ýa-da bu barada şikaýat etmedik halatynda hem ol hukugyny saklaýar.

 

567 madda. Kireýine alnan zadyň kemçiligi ýüze çykanda kireýine alyjynyň borçlary

 

Eger kireýine berlen emläkde kemçilik tapylsa ýa-da emlägi öňünden görülmedik howpdan goramak üçin çäre görmek zerurlygy ýüze çyksa, onda kireýine alyjy bu hakda kireýine berijä haýal etmän habar bermelidir. Bu kada emläk barada üçünji şahsyň öz hukuklaryny bildiren halatlarynda-da ulanylýar.

 

568 madda. Kireýine alnan emläk barasyndaky hukuk borçlary

 

Kireýine berlen emläk barasynda bar bolan hukuk borçlary kireýine berijiniň üstüne ýüklenilýär.

 

569 madda. Kireýine berijiniň borçlary

 

1. Kireýine beriji zady bilen baglanyşykly zerur çykdajylary kireýine alyja tölemäge borçludyr.

2. Gaýry çykdajylary tölemek borjy keseki işleri zamunsyz ýöretmek hakyndaky kadalara laýyklykda kesgitlenilýär.

 

570 madda. Kireýine alyjynyň kireýine alnan zady öz zatlary bilen enjamlaşdyranda şolar baradaky hukuklary

 

1. Kireýine alyjy kireýine berlen emlägi öz zatlary bilen enjamlaşdyrylanda, şolary ýezünde galdyrmaga haklydyr.

2. Ýaşaýyş jaýyny kireýine beriji şu maddanyň birinji punktunda görkezilen hukugy amala aşyrmagy degişli kompensasiýa bilen çalşyryp biler, muňa kireýine alyjynyň esasly sebäplerden ugur alyp, kireýine beriji bilen ylalaşmaýan halatlary girmeýär.

 

571 madda. Zadyň kadaly könelmegi üçin jogapkärçilik

 

Kireýine alyjy şertnamada göz öňunde tutulyşy ýaly peýdalanmak netijesinde kireýine berlen zadyň üýtgemegi ýa-da ýaramazlaşmagy üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

572 madda. Ýeňil remont baradaky çykdajylar

 

1. Ýeňil remonty geçirmek adatça kireýine alyjynyň üstüne ýüklenilýär. Kireýine berijiniň razyçylygy bolmasa, kireýine alyjynyň ýaşaýyş jaýy üýtgetmäge ýa-da rekonstruksiýalaşdyrmaga hukugy ýokdur.

2. Kireýine alyjy işleri öz hasabyna ýerine ýetirmäge borçludyr.

3. Kireýine beriji şu maddanyň 1 punktunda göz öňünde tutulan borçlary kireýine alyjynyň ýerine ýetirmezligi sebäpli dörän zyýanyň tölenilmegini talap edip biler.

 

573 madda. Kireýine berijiniň kireýine berlen zady üçünji birine kireýine bermäge razylygy

 

Kireýine berijiniň razyçylygy bolmasa, kireýine alyjynyň kireýine alnan zady üçünji şahsa bermäge (kireýine bermäge) haky ýokdur. Kireýine alyjynyň maşgala agzalary üçünji şahs diýlip ykrar edilmeýär.

 

574 madda. Kireýine berijiniň kireýine alnan zady, üçünji birine kireýine bermekden ýüz döndermegine ýol bermezlik

 

Eger esasy sebäplerden ugur alyp, kireýine alyjy özüniň kireýine alýan ýaşaýyş jaýyny kem-käs ýa-da bütinleý üçünji şahsa bermek isleýän bolsa, onda kireýine beriji ýaşaýyş jaýyny üçünji şahsa kireýine bermekden ýüz dönderip bilmez. Eger üçüniji şahsyň şahsyýeti ýüz döndermek üçin düýpli esas berýän bolsa, ýaşaýyş jaýyna artykmaç agram salynýan bolsa ýa-da başga sebäplere görä üçünji şahsa kireýine bermek kireýine beriji üçin kabul ederliksiz bolsa, bu kada ulanylmaýar.

 

575 madda. Kireýine bermek gatnaşyklary gutaran mahalynda zady üçünji birine kireýine bermegiň ykbaly

 

Eger kireýine alnan zady üçünji birine kireýine bermek şertnamany ýatyrmak kepillendirmelerini nazara almazlygy maksat edinýän bolsa, onda kireýine bermek gatnaşyklary gutarandan soň, kireýine beriji kireýine alyjy bilen üçünji bir kireýine alyjynyň, arasynda dowam eden hukuklary we borçlary öz üstüne alýar.

 

576 madda. Kireýine bermek gatnaşyklaryny üpjün etmegiň möçberleri

 

1. Eger ýaşaýyş jaýyny kireýine bermek şertnamasynda borçnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek kireýine alyjynyň üstüne ýüklenilýän bolsa, onda bu üpjünçiligiň summasy kireý hakynyň möçberiniň üç essesinden geçmeli däldir. Eger pul summasy öňünden tölenilmeli bolsa, onda kireýine alyjy bu puly üç aýyň dowamynda her aýda deň bölekler bilen tölemäge haklydyr.

2.Öňünden tölenilen üpjünçilige kanunda bellenilen prosentler goşulmalydyr we kireýine bermek gatnaşyklary gutarandan soň bu üpjünçilik prosentler bilen birlikde kireýine alyja gaýtarylyp berilýär.

 3. Kireýine alyjynyň zyýanyna baglaşylan başga ylalaşyk hakyky däldir.

 

577 madda. Kireý hakyny tölemegiň tertibi

 

1. Kireý haky kireýine beriş şertnamasynyň möhleti gutarandan soň tölenilmelidir. Eger kireý wagtal-wagtal tölenilmeli edilen bolsa, onda bu hak wagtal-wagtal tölemek wagtlary geçenden soň tölenilmelidir.

2. Goşmaça çykdajylary tölemek diňe taraplaryň arasynda bu barada ylalaşyk bar mahalynda hökmanydyr.

 

578 madda. Kireýine alyjynyň günäsi bilen kireý hakynyň tölenilmezliginiň netijeleri

 

Eger kireýine alyjyda öz günäsi bilen zady peýdalanmak üçin päsgelçilik ýüze çykýan bolsa, onda ol kireý hakyny tölemekden boşadylmaýar.

 

579 madda. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjynyň inisiatiwasy boýunça şertnamany möhletinden öň ýatyrmak

 

Eger ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjy kireýine beriş şertnamasyny möhletinden öň ýatyrýandygyny kireýine berijä azyndan bir aý öňünden duýdursa hem-de kireýine bermegiň galan möhletiniň dowamynda kireýine alyjy bolmaga razy bolan, töleg tölemäge ukyply we kabul ederlikli kireýine alyjyny hödürlese, onda kireýine alyjy kireýine beriş şertnamasyny möhletinden öň ýatyrmaga haklydyr.

 

580 madda. Kireýine alyjynyň kireýine berijiniň talaplaryna garşy talaplary

 

Eger kireý haky baradaky talaplaryň tersine kireýine alyjynyň kireý hakyny tutup galmak hukugy ýa-da kireýine beriş gatnaşyklaryndan gelip çykýan başga bir talaby hasaba goşmak hukugy bar bolsa, onda kireýine alyjy şertnamada garaz başga bir zat göz öňünde tutulan halatlarda-da, eger ol bu barada kireýine berijä öňünden duýduran bolsa, şol hukuklardan peýdalanyp biler.

 

581 madda. Kireýine berijiniň inisiatiwasy boýunça şertnamany ýatyrmak

 

Eger kireýine berijiniň duýduryşyna garamazdan, kireýine alyjy kireýine alnan zady ep-esli derejede zaýalaýan bolsa ýa-da şonuň ýaly zaýalamak üçin hakyky howpy döredýän bolsa, onda kireýine beriji şertnamany möhletinden öň ýatyryp biler.

 

582 madda. Kireý hakynyň  tölenilmezligi sebäpli şertnamany ýatyrmak

 

Eger kireýine alyjy kireý hakyny üç aýlap tölemedik bolsa, onda kireýine beriji şertnamany möhletinden öň ýatyryp biler.

 

583 madda. Kireýine beriş gatnaşyklarynyň möhletiniň gutarmagy bilen bes edilmegi

 

 1. Kireýine beriş gatnaşyklary şertnamanyň, möhleti gutarandan soň bes edilýär.

 2. Eger kireýine alyjy möhlet geçenden soň hem emlägi peýdalanýan bolsa, hakyna beriji hem bu barada jedelleşmeýän bolsa, onda şertnama näbelli möhlet bilen dikeldilýär.

3. Eger hakyna beriş şertnamasynyň möhleti kesgitlenilmedik bolsa, onda kireýine beriş gatnaşyklary şertnamanyň ýatyrylmagyny aýtmak arkaly bes edilýär.

 

584 madda. Kireýine beriş şertnamasyny näbelli möhlet bilen uzaltmagy talap etmek hukugy

 

Eger ýaşaýyş jaýyny kireýine beriş şertnamasy näbelli möhlet bilen baglaşylan bolsa, onda kireýine alyjy kireýine beriş gatnaşyklary bes edilmezinden azyndan iki aý öň, eger kireýine berijide kireýine beriş şertnamasyny bes etmek üçin esasly sebäp bolmasa, kireýine beriş şertnamasynyň näbelli möhlet bilen uzaldylmagyny ýazmaça arza bilen talap edip biler.

 

585 madda. Şertnamany ýatyrmagyň möhleti

 

Kireýine beriş şertnamasyny ýatyrmagyň möhleti üç aýa deňdir, işiň ýagdaýlaryndan ýa-da taraplaryň ylalaşygyndan başgaça gelip çykmaýan halatlar muňa girmeýär.

 

586 madda. Esasly sebäpler bar mahalynda ýaşaýyş jaýyny kireýine beriş şertnamasynyň bes edilmegi

 

1. Kireýine beriji kireýine beriş şertnamasyny diňe esasly sebäpler bar mahalynda ýatyryp biler.

2. Şu aşakdakylar esasly sebäpdir:

a) eger kireýine alyjy günäkär  bolsa we öz borçnamalaryny ep-esli derejede bozan bolsa;

b) eger ýaşaýyş jaý meýdany kireýine berijiniň gös-göni özi üçin ýa-da ýakyn kowum-garyndaşy üçin gerek bolsa;

w) eger kireýine alyjy kireýine beriji tarapyndan teklip edilen we bazarda dowam edýän kireý hakyna laýyk gelýän ýokarlandyrylan kireý hakyny tölemekden ýüz dönderýän bolsa.

3. Eger şertnamanyň predmeti näbelli ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolsa, onda kireýine beriji şertnamany ýatyrmagyň möhletini berjaý edip, ony ýatyryp biler.

 

587 madda. Şertnamany bes etmegiň formasy

 

Ýaşaýyş jaýyny kireýine bermek şertnamasynyň bes edilmegi ýazmaça resmileşdirilmelidir.

 

588 madda. Ýaşaýyş jaýyny kireýine bermek şertnamasynyň kireýine alyjynyň inisiatiwasy boýunça uzaldylmagy

 

Eger kireýine bermek möhletiniň geçmegi kireýine alyjyny ýa-da onuň maşgala agzalaryny agyr ýagdaýa salýan bolsa, onda kireýine berijide esasly sebäpleriň bardygyna garamazdan, kireýine alyjy ýaşaýyş jaýyny kireýine bermek şertnamasynyň uzaldylmagyny kireýine berijiden talap etmäge haklydyr. Başga bir ýaşaýyş jaýyny kabul ederlikli şertlerde kireýine berip bolmaýan halat hem agyr ýagdaý diýlip hasap edilýär.

 

589 madda. Kireýine bermek şertnamasy bes edilen mahalynda kireýine alyjynyň borçlary

 

1. Emlägi kireýine bermek şertnamasy bes edilen mahalynda, kireýine alyjy emlägi kireýine berijiden alan mahalyndaky ýagdaýynda oňa gaýtaryp bermäge, kadaly könelişi ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan ýagdaýy nazara almaga borçludyr.

2. Ýer uçastogyny kireýine alyjynyň öz talaplaryny kanagatlandyrmak maksady bilen ont saklap galmaga hukugy ýokdur.

3. Eger kireýine alyjy emlägi peýdalanmak üçin üçünji şahsa berse, onda kireýine beriji kireýine beriş şertnamasy bes edilenden soň, eger ol üçünji bir kireýine alyjy bilen kireýine berijä gatnaşyklaryny bellemeýän bolsa, emlägiň gaýtarylyp berilmegini üçünji şahsdan talap edip biler.

 

590 madda. Kireýine berlen zadyň gaýtarylyp berilmezligi netijesinde ýeten zyýany tölemek

 

1. Eger kireýine alyjy kireýine beriş gatnaşyklary gutarandan soň kireýine alnan emlägi gaýtaryp bermeýän bolsa, onda kireýine beriji emläk gaýtaryp bermegiň bökdelen döwri üçin bellenilen haky ýeten zyýanyň öwezini dolmak hökmünde tölemegini talap etmäge haklydyr.

2. Ýeten zyýandan geçýän möçberde hak tölemek borjuny kireýine alyjynyň üstüne ýükleýän ylalaşyk hakyky däldir.

 

591 madda. Kireýine alyjynyň zatlaryny girew goýmak hukugy

 

Ýer uçastogyny, öýi ýa-da ýaşaýyş jaýyny kireýine berijiniň kireýine beriş gatnaştklaryndan gelip çykýan öz talaplaryny üpjün etmek üçin, kireýine alyjynyň goýan zatlaryny girew goýmaga hukugy bardyr. Girew goýmak hukugy eýelenilen meýdandan zatlaryň aýrylmagy bilen bir wagtyň özünde güýjüni ýitirýär, eger munuň özi adaty özara durmuş gatnaşyklaryna laýyklykda amala aşyrylsa şeýtmäge hukugy bardyr.

 

592 madda. Ýer uçastogyny kireýine bermek şertnamasynyň formasy

 

Ýer uçastogyny bir ýyldan artyk möhlet bilen kireýine bermek şertnamasy ýazmaça resmileşdirilmelidir. Bu forma berjaý edilmedik mahalynda şertnama näbelli möhlet bilen baglaşylan diýlip hasap edilýär. Şertnamanyň bes edilmegine diňe ilkinji ýyl geçenden soň ýol berilýär.

 

593 madda. On ýyldan artyk möhlet bilen baglaşylan şertnamany ýatyrmagyň tertibi

 

Eger kireýine beriş şertnamasy on ýyldan artyk möhlet bilen baglaşylan bolsa, onda on ýyl geçenden soň taraplaryň her biri şertnamany şu Kodeksiň 585 maddasynda bellenilen möhletde ýatyryp biler.

 

594 madda. Kireýine alyjynyň hukuklarynyň onuň maşgala agzalaryna geçmegi

 

 Eger kireýine bermek şertnamasy ýaşaýyş jaýy barasynda baglaşylan bolsa we kireýine alyjy şol jaýda öz maşgala agzalary bilen bilelikde umumy öý hojalygyny ýöredýän bolsa, onda kireýine alyjy aradan çykan halatynda onuň maşgala agzalary kireýine beriji bilen hukuk gatnaşyklaryna girişýärler. Olar kireýine bermek şşertnamasyny kanunda bellenilen möhletde ýatyrmaga haklydyrlar.

 

595 madda. Kireýine berlen emläk eýeçilikden aýrylan mahalynda hukugyň orun geçijiligi

 

Eger kireýine beriji üçünji şahsa kireýine berlen bu emlägi eýeçilikden aýyrsa, şol emläk kireýine alyja berlenden soň emlägi ediniji kireýine berijiniň ornuny tutýar hem-de kireýine bermekden gelip çykýan hukuklar we borçlar oňa geçýär.

 

596 madda. Zeleli tölemek hakynda talap bildirmegiň wagt möhleti

 

1. Emlägiň üýtgemegi ýa-da ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklylykda, kireýine beriji ýeten zeleliň tölenilmegini talap etmäge haklydyr, kireýine alyjy bolsa alty aýyň dowamynda edilen çykdajylar barada şikaýat etmäge haklydyr.

2. Kireýine berijiniň zeleli tölemek hakyndaky talaby baradaky wagt möhleti emlägiň gaýtarylyp berlen pursatyndan geçip başlaýar, kireýine alyjynyň talaby baradaky wagt möhleti bolsa emlägi kireýine bermek şertnamasynyň bes edilen pursatyndan geçip başlaýar.

 

597 madda. Nika bozulan mahalynda är - aýal arasyndaky jedeller

 

1. Eger är-aýal nika bozulan mahalynda olaryň kimdir biriniň kireýine alnan ýaşaýyş jaýynda ýaşamalydygy barada ylalaşyga gelip bilmese, onda jedel sud tarapyndan çözülýär.

2. Är-aýalyň haýsy biriniň kireýine alyjydygynyň sud üçin ähmiýeti ýokdur. Eger sud  kireýine alyjy däl äriň (aýalyň) ýaşaýyş jaý baradaky hukugyny ykrar etse, onda bu är (aýal) kireýine beriş gatnaşyklaryna gatnaşyja öwrülýär.

 

598 madda. Kireýine alyjynyň hukuklaryny goramak

 

Kireýine alyjy öz eýelik edýän zadyny islendik düzgüni bozujydan, şol sanda zat eýesinden hem goramaga haklydyr.

 

4 BAP. LIZING

 

599 madda. Düşünje. Mazmun

 

1. Lizing şertnamasy boýunça lizingi beriji şertnamada şertleşilen möhlet bilen belli bir emlägi lizingi alyja peýdalanmaga bermäge borçludyr. Lizingi alyjy bellenilen döwür boýunça hak tölemäge borçludyr.

2. Lizing beriji şertnamada göz öňünde tutulan emlägi taýýarlamaga ýa-da edinmäge borçludyr.

3. Şertnama boýunça lizingi alyjy şertnama predmetiniň doly amortizasiýasy bilen tamamlanýan şertnama möhleti geçenden soň lizing şertnamasynyň predmetini satyn almaga ýa-da kireýine almaga borçly bolup biler ýa-da şeýtmäge hukugy bolup biler. Ähli halatlarda tölenilmeli hakyň hasaplanylmagy amortizasiýa faktyny nazara almalydyr. Eger şertnamada şonuň ýaly düzgün ýok bolsa, onda lizingi alyjy predmeti satyn almaga haklydyr.

 

600 madda. Lizing şertnamasynyň formasy

 

Lizing şertnamasy ýazmaça formada baglaşylýar. Şertnama şu aşakdakylary öz içine almalydyr:

a) doly nyrhy;

b) lizing hakynyň summasyny we ony tölemegiň möhletlerini;

w) gutarnykly tölegiň summasyny we şertnama möhletinden ön ýerine ýetirilen mahalynda şol gutarnykly summany hasaplamagyň tertibini.

 

601 madda. Lizing berijiniň jogapkärçiligi

 

1. Kireýine bermek şertnamasynyň kadalaryna laýyklykda lizing beriji emlägi bermegiň gijikdirilmegi üçin ýa-da emlägi bermänligi üçin, şonuň ýaly-da kemçiligi bar emlägi berenligi üçin lizingi alyjynyň öňünde jogapkärçilik çekýär.

2. Taraplar lizingi berijä şikaýat bildirmezinden öň, lizingi alyjynyň öz talabynyň kanagatlandyrylmagyny emlägi berijiden talap etmelidigi barada ylalaşyp bilerler.

 

602 madda. Lizingi alyjynyň jogapkärçiligi

 

Lizingi altjynyň günäsi boýunça şertnama möhletinden öň bes edilen mahalynda, lizingi beriji talaby ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bolan öz bähbitlerine degişli bolmadyk talaplary bildirip bilmez. Talaplar kesgitlenilen mahalynda lizing emläginiň galan gymmaty, lizing haky baradaky prosentleriň galyndysy we tygşytlanylan beýleki çykdajylar nazara alynýar.

 

603 madda. Lizing barada ulanylýan beýleki kadalar

 

Lizing barasynda kireýine bermek şertnamasynyň şu Kodeksiň 599-602 maddalaryna ters gelmeýän kadalary ulanylýar.

 

5 BAP. KÄRENDE

 

604 madda. Düşünje

 

1. Kärende şertnamasy boýunça kärendesine beriji belli bir emlägi wagtlaýyn peýdalanmak üçin kärendeçä bermäge we kärende möhletiniň dowamynda munuň miwelerini peýdalanmak mümkinçiligini, eger şol miweler hojalygy dogry ýöretmegiň netijesi hökmünde girdeji görnüşinde alnan bolsa bermäge borçludyr. Kärendeçi gepleşilen kärende hakyny kärendesine berijä tölemege borçludyr. Kärende haky pul görnüşinde-de, natura görnüşinde-de kesgitlenilip bilner. Taraplar kärende hakyny kesgitlemegiň beýleki serişdeleri dogrusynda-da ylalaşyp bilerler.

2. Kärende şertnamasy barasynda, eger şu Kodeksiň 604-628 maddalarynda başgaça kesgitlenilmedik bolsa, kireýine bermek şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

605 madda. On ýyldan artyk möhlet bilen baglaşylan kärende şertnamasyny ýatyrmak

 

Eger kärende şertnamasy on ýyldan artyk möhlet bilen baglaşylýan bolsa, onda taraplaryň her biri bu möhlet geçenden soň alty aýyň dowamynda, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kärende gatnaşygyny ýatyryp biler.

 

606 madda. Ýer uçastogyny inwentary bilen birlikde arendesine bermek

 

1. Eger ýer uçastogy inwentary bilen birlikde kärendesine berilýän bolsa, onda kärendeçi inwentaryň her bir böleginiň abat saklanylmagy üçin jogapkärçilik çekýär.

2. Kärendeçi özüne bagly bolmadyk sebäplere görä inwentaryň ýaramsyz ýagdaýa gelen böleklerini çalşyrmaga borçludyr. Kärendeçi hojalygyň dogry ýöredilýändigine garamazdan, inwentar hasap edilen malyň ýitirilmeginiň ööwezini dolmaga borçludyr.

3. Kärendeçide ýola düşen hojalyga laýyk gelýän ýagdaýdaky inwentar bolmalydyr we kärende döwründe bu inwentary şonuň ýaly hojalyga laýyk gelýän möçberde çalşyrmalydyr. Kärendeçiniň edinen aýratynlykdaky inwentary umumy inwentaryň üstüne goşulyp, kärendesine berijiniň eýeçiligine öwrülýär.

 

607 madda. Inwentaryň tötänden ýok edilmeginiň töwekgelçiligi

 

1. Eger ýer uçastogyny kärendesine alyjy inwentary bellenilen baha boýunça kabul etse we kärende şertnamasy gutarandan soň ony şol baha boýunça hem gaýtaryp bermäge borçlansa, onda inwentaryň tötänden ýok edilmegi we zaýalanmak töwekgelçiligi onuň üstüne ýüklenilýär.

Ol hojalygy dogry ýöretmegiň çäklerinde inwentaryň aýry-aýry böleklerine ygtyýar edip biler.

2. Kärende möhleti gutarandan soň, kärendeçi inwentary kärendesine berijä gaýtaryp bermelidir. Eger kärendeçiniň edinen inwentary ýer uçastogynda hojalygy dogry ýöretmek üçin artyk bolsa ýa-da çakdan aşa gymmat bolsa, onda  kärendesine beriji şol inwentary almakdan ýüz dönderip biler; ýüz döndermek bilen bir wagtyň özünde şol kabul edilmedik inwentar baradaky eýeçilik hukugy kärendeçä geçýär. Eger alnan inwentar bilen gaýtarylyp berlen inwentaryň bahasynyň arasynda tapawut bar bolsa, onda bu tapawut pul bilen tölenilmelidir. Kärende şertnamasynyň gutaran pursatyna çenli hereket eden nyrhlar bahanyň esasy edilip alynmalydyr.

 

608 madda. Inwentary girew goýmak hukugy

 

1. Ýer uçastogyny kärendesine alyjynyň kärendesine alnan inwentara degişli bolan we kärendesine beriji barada bildirilen talaplar boýunça öz eýelik etmegindäki inwentary girewine goýmaga hukugy bardyr.

2. Eger kärendesine beriji başga bir üpjünçiligi berse, onda ol kärendeçiniň girew goýmak hukugyny kabul etmän biler. Eger ol inwentaryň bölekleriniň gymmaty barada degişli üpjünçiligi teklip etse, onda ol inwentaryň islendik bölegini girew goýmak hukugyndan boşadyp biler.

 

609 madda. Inwentaryň aýratyn böleklerine ygtyýar etmäge gadaganlyga ýol bermezlik

 

Inwentaryň böleklerine ygtyýar etmezlik ýa-da diňe kärendesine berijiniň razyçylygy bilen ygtyýar etmek, şonuň ýaly-da kärendesine berijä satmazlyk borjuny kärendeçiniň üstüne ýükleýän şertnama şertleri diňe şeýle halatda, kärendesine beriji kärende gatnaşyklary gutarandan soň inwentary edinmäge borçly bolýan mahalynda hakykydyr.

 

610 madda. Tirkeşikli kärende

 

1. Kärendesine berijiniň razyçylygy bolmasa, kärendeçiniň tirkeşikli kärende hukugy ýokdur.

2. Kärendesine beriji kärendesine berlen emlägiň aýry-aýry böleklerini, eger munuň özi oňa ep-esli zyýan ýetirjek bolsa, kärendesine bermekden ýüz dönderýändigini aýdyp biler.

3. Kärendeçi tirkeşikli kärendeçiniň ýa-da kärendesine alyjynyň zady kärendesine berijiniň rugsat edişinden başga hili peýdalanandygy üçin kärendesine berijiniň öňünde jogapkärçilik çekýär.

Kärendesine beriji tirkeşikli kärendeçiniň ýa-da kireýine alyjynyň emlägi şonuň ýaly peýdalanmagyny gös-göni togtadyp biler.

 

611 madda. Kärendesine berlen emlägi möhletinden öň gaýtaryp bermek

 

1. Eger kärendeçi kärende gatnaşyklary gutarmanka emlägi gaýtaryp berýän bolsa, onda ol diňe şeýle halatda, öz deregine töleg tölemäge ukyply we kärendesine beriji üçin kabul ederlikli täze kärendeçini teklip eden mahalynda kärende hakyny tölemekden boşadylýar.

Täze kärendeçi kärende şertnamasyny şol öňki şertlerde kabul etmäge razy bolmalydyr.

2. Eger kärendeçi şonuň ýaly kärendeçini teklip edip bilmese, onda ol kärende gatnaşyklary gutarýança kärende hakyny tölemelidir.

 

612 madda. Möhletsiz baglaşylan kärende şertnamasyny ýatyrmak

 

1. Eger emläk kärendesine berlen mahalynda kärendäniň möhleti kesgitlenilmedik bolsa, onda şertnamanyň ýatyrylmagyna diňe kärende ýylynyň ahyrynda ýol berilýär; şertnama kärende ýyly gutarandan soň, bir aýdan gijä galman ýatyrylyp bilner.

2. Bu kadalar kärende gatnaşyklarynyň kanunda bellenilen möhletden öň ýatyrylyp bilinjek mahalynda hem ulanylýar.

 

613 madda. Kärendeçi aradan çykan halatynda kärende şertnamasyny ýatyrmak

 

1. Kärendeçi aradan çykan halatynda, onuň mirasdarlary hem, kärendesine beriji hem kalendar ýylynyň kwartaly gutarandan soň, alty aýyň içinde kärende gatnaşyklaryny ýatyryp biler.

2. Eger mirasdarlar kärendesine berlen emlägi gös-göni ýa-da üçünji şahslaryň üsti bilen hojalyk taýdan dogry peýdalanyp bilseler, onda olar şertnamany ýatyrmakdan ýüz dönderip bilerler we kärende gatnaşyklarynyň uzaldylmagyny talap edip bilerler.

 

614 madda. Kärendesine berlen emläk gaýtarylyp berilmedik mahalynda zyýany tölemek

 

Eger kärendeçi kärendesine alnan emlägi kärende gatnaşyklary gutarandan soň gaýtaryp bermese, kärendesine beriji emlägi gaýtaryp bermegiň bökdelen wagty üçin kärende hakyny, şonuň ýaly-da şol wagtyň içinde kärendeçiniň alan peýdasyny ýa-da kärende ýylynyň içinde onuň alaýjak peýdasyny talap edip biler. Kärendesine beriji beýleki zyýanlaryň hem tölenilmegini talap edip biler.

 

6 BAP. OBA HOJALYGY ÜÇIN NIÝETLENILEN ÝERLERI KÄRENDESINE BERMEK

 

615 madda. Düşünje

 

1. Oba hojalygy üçin niýetlenilen ýerleri kärendesine bermek şertnamasy boýunça ýer uçastogy ony hojalyk taýdan peýdalanmak üçin hyzmat edýän ýaşaýyş jaýlary we hojalyk jaýlary (kärhana) bilen birlikde kärendesine berilýär ýa-da şolarsyz berilýär.

2. Eger oba hojalyk ýerlerini kärendesine bermek üçin başgaça bellenilmedik bolsa, onda kärendesine bermek kadalary oba hojalyk ýerlerini kärendesine bermäge hem degişlidir.

 

616 madda. Şertnamanyň formasy

 

Oba hojalyk ýerini kärendesine bermek şertnamasy ýazmaça formada baglaşylmalydyr.

 

617 madda. Kärendesine alynýan emlägi ýazga almak

 

Kärendesine beriji bilen kärendeçi şertnama baglaşanda kärendesine alynýan zadyň ýazgysyny düzýärler, onda zadyň sany, şeýle hem onuň berilýän pursatyndaky ýagdaýy görkezilmelidir. Kärende şertnamasy ýatyrylanda hem şol kada ulanylýar. Ýazgyda ýazgynyň geçirilen güni görkezilmelidir we oňa taraplaryň ikisem gol çekmelidir.

 

618 madda. Kärendesine beriji bilen kärendeçiniň borçlary

 

Kärendesine beriji zady öz niýetlenilen maksady boýunça ulanmaga ýaramly ýagdaýda bermäge hem-de ony kärendäniň bütin möhletiniň dowamynda şol ýagdaýda saklamaga borçludyr. Kärendeçi kärendesine alnan zady, ylaýta-da ýaşaýyş jaýlaryny we hojalyk gurluşyklaryny, ýollary, garymlary, zeýkeşleri we germewleri öz hasabyna ýeňilräk bejermäge borçludyr. Ol kärendesine alnan zady talaba laýyk ýagdaýda peýdalanmaga borçludyr.

 

619 madda. Kärendesine berijiniň girew goýmak hukugy

 

Kärendesine berijiniň kärende şertnamasyndan gelip çykýan talaplaryny üpjün etmek üçin kärendesine berlen zat barasynda, şeýle hem şol zadyň miweleri barasynda girew hukugy bardyr. Girew hukugy ööwezini tölemek hakyndaky geljekki talaplar barada ulanylyp bilinmez.

 

620 madda. Zerur çykdajylaryň ööwezini tölemek

 

Kärendesine beriji kärendeçiniň zat barada eden ähli zerur çykdajylarynyň ööwezini oňa tölemäge borçludyr.

 

621 madda. Kärendesine berijiniň razyçylygy bilen edilen

çykdajylaryň ööwezini tölemek

 

Şu Kodeksiň 620 maddasynda göz öňünde tutulan çykdajylardan başgasy, kärendesine berijiniň öz razylyk beren beýleki çykdajylary ol kärende gatnaşyklary tamamlanandan soň kärendeçä tölemelidir.

 

622 madda. Ýygnalmadyk hasylyň ööwezini tölemek

 

1. Eger kärendäniň özi kärende ýylynyň dowamynda bes edilýän bolsa, onda kärendä beriji entek ýygnalmadyk, ýöne hojalygy talaba laýyk ýöretmek kadalaryna laýyklykda kärende ýylynyň ahyryna çenli ýygnalýan miweleriň gymmatyny kärendeçä tölemelidir.

2. Şunda degişli suratda hasyl almak bilen baglanyşykly töwekgelçiligi nazarda tutmak gerek.

3. Eger şu maddanyň 1 punktunda görkezilen gymmat ýylyň wagty bilen şertlendirilen sebäplere görä kesgitlenilip bilinmejek bolsa, onda kärendä beriji hojalygyň talaba laýyk ýöredilmegi netijesinde şol miweler näçe möçberde alnyp bilinjek bolsa, şol möçberde almak üçin edilýän çykdajylary kärendeçä tölemelidir.

 

623 madda. Kärendeçiniň täze kärendeçiniň öňündäki borçlary

 

1. Kärende tamamlanandan soň, indiki kärendeçä desgalary oňat ýagdaýda, oba hojalyk önümlerini geljekki hasyla çenli hojalygy ýöretmek üçin zerur möçberde galdyrmalydyr, hatda kärende şertnamasy baglaşylanda şeýle önümler oňa berilmedik bolsa-da şeýtmelidir.

2. Eger kärendeçi önümi kärende şertnamasy baglaşylanda alan önüminden köp möçberde we oňat ýagdaýda galdyrmaga borçly bolsa, onda ol kärendeçiden şolaryň bahasyny tölemegi talap edip biler.

 

624 madda. Kärende zadyny yzyna gaýtaryp bermek borjy

 

1. Kärendeçi kärende gatnaşyklary gutarandan soň kärendesine alnan emlägi hojalyga gaýtarylyp berilmäkä bolan ýagdaýyny talaba laýyk dowam etdirip biljek ýagdaýda gaýtaryp bermäge borçludyr.

2. Kärendeçiniň kärendesine beriji baradaky talaplaryny üpjün etmek üçin, onuň ýer uçastogyny tutup alyp galmak hukugy ýokdur.

 

625 madda. Kärendeçiniň öz goýan abzalyny-şaýyny aýryp alyp galmak hukugy

 

1. Kärendeçiniň zady enjamlaşdyrmak üçin goýan abzalyny-şaýyny aýyrmaga haky bardyr.

Kärendä beriji goýlan abzalyň-guralyň degişli bahasyny töläp, şony aýyrmagyň öňüni alyp biler, ýöne kärendeçiniň şol abzaly-şaýy aýryp almaga kanuny bähbidiniň bar bolan halatlary muňa girmeýär.

2. Kärendeçiniň öz goýan abzalyny-şaýyny aýyrmak hukugyny aradan aýyrýan ylalaşyk diňe onuň ööwezini degerli tölemek göz öňünde tutulan halatynda hakykydyr.

 

626 madda. Kärende şertnamasyny uzaltmak talaby

 

Kärendeçi kärendesine berijiden şu aşakdaky halatlarda kärende şertnamasynyň uzaldylmagyny talap edip biler, eger:

a) kärendesine alnan hojalyk onuň dowam etmeginiň ykdysady esasyny ybarat edýän bolsa;

b) ýer uçastogy onuň kärhanasynyň dowam etmeginiň ykdysady esasyny ybarat edýän bolsa.

 

627 madda. Kärende möhletiniň tamamlanmagy bilen kärende şertnamasynyň ýatyrylmagy

 

Kärende şertnamasy baglaşylan möhletiniň tamamlanmagy bilen ýatyrylýar. Üç ýyldan az bolmadyk möhlete baglaşylan şertnama, eger bir tarapyň kärende gatnaşyklaryny uzaltmak hakynda eden teklibine beýleki tarap üç aýyň dowamynda uzaltmak islemeýändigini aýtmasa, kesgitsiz möhlete uzaldylyp bilner. Uzaltmak hakyndaky teklip we uzaltmakdan ýüz dönderilmegi ýazmaça resmileşdirilmelidir.

 

628 madda. Kesgitsiz möhlete baglaşylan kärende şertnamasynyň ýatyrylmagy

 

Eger kärende möhleti bellenilmedik bolsa, onda her tarap kärende şertnamasyny ýatyryp biler, munuň üçin kärende ýylynyň üçünji iş gününden gijä galman, şertnamanyň ýatyrylýandygy we kärendäniň indiki ýyly gutarandan soň şertnamanyň bes edilýänligi hakynda aýdylmalydyr. Şübhe dörän mahalynda kalendar ýyly kärende ýyly hasap edilýär. Ylalaşygy ýatyrmak üçin has gysga möhlet bellenen mahalynda, ol ýazmaça görnüşde düzülmelidir.

 

7 BAP. FRANÇAÝZING

 

629 madda. Düşünje

 

Françaýzing şertnamasy uzak möhletli borçnamalaýyn gatnaşyk bolup, munda garaşsyz kärhanalar zerur boldugyça özboluşly borçnamalary ýerine ýetirmek arkaly harydyň satuwa çykarylmagyna hem-de hyzmatlaryň amala aşyrylmagyna ýardam etmegi özara borç edinýärler.

 

630 madda. Françaýz berijiniň borçlary

 

1. Françaýz beriji françaýz alyja standart formadaky emläk däl hukuklary, haryt we söwda belgilerini, nusgalary, gaplary, haryt edinmek, satuwa çykarmak, işi guramak ýörelgesini hem-de satuwa ýardam etmek üçin zerur bolan beýleki maglumatlary bermäge borçludyr.

2. Françaýz beriji bilelikde hereket etmek programmasyny üçünji birleriniň gatyşmagyndan goramaga, ony yzygiderli kämilleşdirmäge hem-de françaýz alyjyny işewürlik endikleri bilen tanyşdyrmak, maglumat bermek hem-de onuň hünärini ýokarlandyrmak arkaly goldamaga borçludyr.

 

631 madda. Françaýz alyjynyň borçlary

 

Françaýz alyjy hak tölemäge borçludyr, onuň möçberi bolsa aslynda françaýzing programmasyna girizilýän satuw paýy nazara alnyp hasaplanýar, ynsaply telekeçiniň akyl-paýhasyny görkezip, işi höweşjeň amala aşyrmaga hem-de françaýz berijiniň ýa-da onuň görkezen şahslarynyň kömegi bilen hyzmatlary kabul etmäge hem-de haryt edinmäge, eger munuň özi şertnamanyň maksady bilen gös-göni baglanyşykly bolsa, borçludyr.

 

632 madda. Maglumaty bermek

 

Şertnama baglaşylanda taraplar françaýzing bilen baglanyşykly işiň ýagdaýlary bilen birek-biregi aç-açan we dody tanyşdyrmalydyrlar hem-de birek-birege maglumaty ak ýürek bilen bermelidirler. Olar özlerine ynanylan maglumaty, eger şertnama baglaşylmajak bolsa-da jar etmezlige borçludyrlar.

 

633 madda. Şertnamanyň formasy we mazmuny

 

Françaýzing şertnamasynyň hakyky bolmagy üçin ýazmaça forma zerurdyr. Iki taraplaýyn borçnamalary, şertnamanyň dowamlylygyny, ony ýatyrmagyň ýa-da uzaltmagyň möhletiniň şertlerini hem-de beýleki düýpli elementlerini takyk görkezmekden başga-da, taraplar şertnamanyň tekstine françaýzing programmasynyň doly beýanyny girizmelidir.

 

634 madda. Şertnamanyň dowamlylygy

 

1. Şertnamanyň dowamlylygyny taraplar şol harydy we hyzmaty ýerlemek bilen baglanyşykly hyrydarlygy nazara alyp kesgitleýärler.

2. Eger şertnamanyň dowamlylygy kesgitlenilmedik bolsa ýa-da onuň möhleti on ýyldan geçýän bolsa taraplaryň her biriniň şertnamany ýatyrmaga ygtyýary bardyr, ýöne şunda şertnamany ýatyrmak üçin göz öňünde tutulan bir ýyllyk möhlet berjaý edilmelidir. Eger şertnamany ýatyrmak baradaky şu hukugy taraplaryň hiç biri peýdalanmaýan bolsa, onda şertnama iki ýyl möhlete uzaldylýar. Möhletiň gutarmagy netijesinde ýa-da taraplaryň islegi boýunça şertnama ýatyrylýan mahalynda, taraplar birek-birege ynanmak ýörelgesini berjaý edip, ýene-de şol şertlerde ýa-da üýtgedilen şertlerde özara işewürlik gatnaşyklarynyň hakyky tamamlanýan wagtyna çenli uzaltmaga çalyşmalydyrlar.

 

635 madda. Loýal bäsdeşlik

 

1. Taraplar şertnama gatnaşyklary tamamlanandan soň hem biri-birleriniň arasynda loýal bäsdeşligi dowam etdirmäge borçludyrlar. Şol çäklerde françaýz alyjy barada belli bir ýeriň çygry bilen çäklendirilen tertipde bäsdeşlik gadagan edilip bilner, ýöne ol bir ýyldan artyk bolmaly däldir.

2. Bäsdeşligiň gadagan edilmeginiň kesp-kär işi üçin howp döretmegi mümkin bolanda, françaýz alyja şertnamanyň möhletiniň gutarandygyna garamazdan, degişli ööwezini doluş puly berilmelidir.

 

636 madda. Françaýz berijiniň jogapkärçiligi

 

Françaýz beriji programmada göz öňünde tutulan françaýz hukugy we maglumaty barada jogapkärçilik çekýär. Eger hukuklar ýok bolsa ýa-da françaýz beriji beýleki şertnamalaýyn borçnamalary ýazykly bozýan bolsa, françaýz alyjynyň ööwezini doluş puluny kemeltmäge ygtyýary bardyr. Onuň näçe möçberde kemeldilmelidigi garaşsyz ekspertiň gelen netijesi esasynda kesgitlenilip bilner, munuň üçin edilmeli çykdajylar bolsa taraplaryň üstüne ýüklenilýär.

 

8 BAP. SSUDA

 

637 madda. Düşünje

 

Ssuda şertnamasy boýunça ssuda beriji ssuda alyja zady wagtlaýyn mugt peýdalanmaga bermegi borç edinýär.

 

638 madda. Ssuda berijiniň jogapkärçiligi

 

Ssuda beriji diňe bilkastlaýyn hereketi ýa-da gödek seresapsyzlygy üçin jogapkärçilik çekýär.

 

639 madda. Ýetmezçilik üçin jogapkärçilik

 

Eger ssuda beriji hukugyň ýa-da mugt peýdalanmaga berlen zadyň ýetmezçilikleri barada bilgeşleýin sesini çykarmadyk bolsa, onda ol ssuda alyja ýetirilen zeleliň öwezini tölemäge borçludyr.

 

640 madda. Zady niýetlenilişine göra peýdalanmak

 

Ssuda alyjy alan zadyny şertnamada bellenilişinden başga hili peýdalanyp bilmez. Onuň ssuda berijiden ygtyýarsyz zady üçünji şahsyň peýdalanmagy üçin bermäge haky ýokdur.

 

641 madda. Çykdajylary çekmek borjy

 

1. Ssuda alyjy özüne mugt peýdalanmaga berlen zady saklamak üçin adaty çykdajylary çekmelidir.

2. Ssuda berijiniň beýleki çykdajylary tölemek borjy keseki işleri tabşyryksyz alyp barmak kadalary esasynda kesgitlenilýär. Ssuda alyjynyň özüniň zady enjamlaşdyran abzallaryny-şaýlaryny alyp galmaga haky bardyr.

 

642 madda. Zadyň könelmegi

 

Ssuda alyjy zadyň şertnamada bellenilen niýetlenilişine görä ulanylmagy zerarly üýtgänligi ýa-da ýaramazlaşanlygy üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

643 madda. Zady gaýtaryp bermek borjy

 

1. Ssuda alyjy mugt peýdalanmak üçin alnan zady ssuda şertnamasynyň güýjüniň ýöreýiş möhleti tamamlanandan soň gaýtaryp bermäge borçludyr.

2. Eger ssuda şertnamasynyň möhleti kesgitlenilmedik bolsa, onda ssuda alyjy zady ssuda şertnamasynda görkezilen maksat üçin peýdalanmak wagty gutarandan soň gaýtaryp bermelidir. Ssuda alyjynyň zady peýdalanyp bilmegi üçin ýeterlik möhlet geçen mahalynda, ssuda beriji zadyň wagtyndan öň gaýtarylyp berilmegini talap edip biler.

3. Eger ssuda şertnamasynyň möhleti kesgitlenilmedik bolsa hem-de zady peýdalanmagyň maksady esasynda bellenip bilinmejik bolsa, onda ssuda beriji zadyň islendik wagt gaýtarylyp berilmegini talap edip biler.

 

644 madda. Ssuda şertnamasyny ýatyrmak hukugy

 

Ssuda beriji aşakdaky ýagdaýda ssuda şertnamasyny ýatyryp biler, ýagny:

a) eger ol garaşylmadyk ýagdaýyň gabat gelmegi netijesinde şol zat özüne zerur bolsa;

b) eger ssuda alyjy zady şertnamada niýetlenilişine görä ulanmaýan bolsa, hususan-da, eger ol haky bolmasa-da zady üçünji bir adama peýdalanmaga berse ýa-da eger ol zada göwnejaý göz-gulak bolmanlygy sebäpli oňa ep-esli howp deredýän bolsa;

w) ssuda alyjynyň aradan çykmagy netijesinde;

g) ssuda alyjy bolup durýanyň ýuridiki şahs hökmünde bes edilmegi netijesinde.

 

9 BAP. KARZ ALYŞ-BERIŞ

 

645 madda. Düşünje

 

1. Karz alyş-beriş şertnamasy boýunça karz beriji puly ýa-da gaýry çalşylýan zatlary karz alyjynyň eýeçiligine berýär, karz alyjy bolsa alnan zatlary şol kysymly, şol hilli we şol mukdardaky zatlar bilen gaýtaryp bermegi borç edinýär.

2. Başga esasda pul bergisi ýa-da gaýry çalşylýan zat bergisi bolan adam puluň ýa-da zadyň karz alyş-beriş şertnamasyna girizilmegi barada kreditor bilen ylalaşyp biler.

 

646 madda. Şertnamanyň formasy

 

Karz alyş-beriş şertnamasy dilden baglaşylýar. Taraplaryň ylalaşmagyna görä, ýazmaça forma hem ulanylyp bilner. Şertnama dilden baglaşylanda onuň hakykylygy diňe şaýatlaryň görkezişleri esasynda takyklanyp bilinmez.

 

647 madda. Şertnama boýunça prosentler

 

1. Karz alyş-beriş şertnamasy boýunça taraplar prosent tölenilmegini göz öňünde tutup bilerler, munuň özi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenen aňryçäk möçberlere ýerlikli laýyk gelmelidir. Prosentler hakynda şu kadanyň bozulmagy bilen baglaşylan ylalaşyk hakyky däldir.

2. Başga ylalaşyk bolmadyk mahalynda prosentler her ýyl tamamlanandan soň, eger berlen karz ýyl tamamlanmaka gaýtarylyp berilmeli bolsa, gaýtarylyp berlen wagtynda tölenilmelidir.

 

648 madda. Şertnamanyň bes edilmegi

 

1. Eger karzy gaýtaryp bermegiň möhleti bellenilmedik bolsa, onda ol karz alyjynyň ýa-da karz berijiniň şertnamany ýatyrmak hakyndaky arzasy boýunça kesgitlenilýär.

2. Karz alyş-beriş şertnamasyny ýatyrmak hakynda üç aý öňünden duýduryş edilmelidir.

3. Eger prosentler hasaplanmaýan bolsa, onda karz alyjy alan karzyny şertnamany ýatyrmak hakyndaky arzanyň möhletini berjaý etmän, gaýtaryp bermäge haklydyr.

 

649 madda. Karz bermek wadasyny yzyna almak

 

Karz bermegi wada eden şahsda şübhe dörände, eger beýleki tarapyň emläk ýagdaýy ep-esli ýaramazlaşýan bolsa, şonuň netijesinde hem karzy gaýtaryp bermek hakyndaky talabyň kanagatlandyrylmagyna howp döreýän bolsa, ol beren wadasyndan dönüp biler.

 

10 BAP. POTRATÇYLYK

 

650 madda. Düşünje

 

1. Potratçylyk şertnamasyna görä potratçy şertnamada göz öňünde tutulan işi ýerine ýetirmegi borç edinýär, zakazçy bolsa potratça ylalaşylan haky tölemäge borçludyr.

2. Zadyň ýasalmagy ýa-da üýtgedilmegi, şeýle hem işiň ýerine ýetirilmegi ýa-da hyzmatyň edilmegi arkaly gazanylan gaýry netije şertnamanyň mazmuny bolup biler.

3. Potratçylyk bilen baglanyşykly smeta düzülmegine, eger ylalaşykda başga hili bellenilmedik bolsa, hak tölenilmän bilner.

 

651 madda. Hak

 

1. Eger işiň ýerine ýetirilmegi ýagdaýlara laýyklykda diňe hak tölenilmegi arkaly bolup biler diýlip garaşylýan bolsa, onda hak tölemek sessiz-üýnsüz ylalaşylan diýlip hasap edilýär.

2. Eger tölenilmeli hakyň möçberi bellenilmedik bolsa, onda tassyklanylan bahalar bar mahalynda haka şol bahalara laýyklykda hakyň möçberi hökmünde garalýar, tassyklanan bahalar ýok mahalynda bolsa adatça şonuň ýaly iş üçin tölenilýän hak hökmünde garalýar.

 

652 madda. Çykdajylar smetasynyň artdyrylmagy

 

1. Eger çykdajylar smetasy potratçylar tarapyndan dogrudygyna kepil berilmezden şertnama esas edilip alnan bolsa hem-de smeta düýpli suratda artdyrylmasa iş ýerine ýetirilip bilinmejek bolsa, onda şu esasda zakazçy tarapyndan şertnama ýatyrylanda, potratçynyň diňe şu Kodeksiň 668 maddasynda görkezilen talaba hukugy bardyr.

2. Potratçy smetanyň artdyrylmagynyň mümkinligini haýal etmän zakazça habar etmäge borçludyr.

 

653 madda. Potratçynyň işi hut özüniň ýerine ýetirmek borjy

 

Potratçynyň işi hut özi ýerine ýetirmegi işiň ýagdaýlaryndan ýa-da işiň häsiýetinden gelip çykýan mahalynda, diňe şeýle halatda potratçy şonuň ýaly işlemäge borçludyr.

 

6531-nji madda. Baş potratçy we kömekçi potratçy

 

1. Eger şertnamada göz öňünde tutulan işiň diňe potratçynyň özi tarapyndan amala aşyrylmalydygy baradaky borç kanundan ýa-da şertnamadan gelip çykmaýan bolsa, onda potratçy öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmek üçin buýrujynyň razylygy bilen fiziki we ýuridik şahslary (kömekçi potratçylary) çekip biler. Şeýle bolanda potratçy baş potratçy bolup çykyş edýär.

2. Şu maddanyň 1-nji bendiniň ýa-da şertnamanyň düzgünlerini bozmak arkaly potratçylyk şertnamasyny ýerine ýetirmäge kömekçi potratçyny çeken baş potratçy, kömekçi potratçynyň şertnamany ýerine ýetirmäge gatnaşmagy bilen ýetirilen zyýan üçin buýrujynyň öňünde jogapkärçilik çekýär.

3. Baş potratçy kömekçi potratçynyň borçlaryny ýerine ýetirmändiginiň ýa-da degişli derejede ýerine ýetirmändiginiň netijeleri üçin şu Kodeksiň 383-nji maddasynyň 1-nji bendiniň düzgünlerine laýyklykda buýrujynyň öňünde jogap berýär, kömekçi potratçynyň öňünde bolsa, buýrujynyň potratçylyk şertnamasy boýunça borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da degişli derejede ýerine ýetirmändigi üçin jogapkärçilik çekýär.

Eger kanunda ýa-da şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda buýrujy we kömekçi potratçy biri-birine olaryň hersiniň baş potratçy bilen özara baglaşan şertnamasynyň bozulmagy bilen bagly talaplary bildirip bilmezler.

(6531 maddasy 2012-nji ýylyň 4-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 2, 50-nji madda)

 

654 madda. Zakazçynyň ýardam etmegi

 

1. Eger zakazçy göwnejaý ýerine ýetirilen işi kabul etmese, onda potratçy zeleliň öweziniň dolunmagyny talap edip biler. Eger zakazçy işleri ýerine ýetirmek üçin hereketleri berjaý etmedik halatynda hem zyýanyň öwezini dolmaga borçludyr.

2. Öwezini doluş hakynyň möçberi geçirilen möhletiň dowamlylygyndan hem-de bellenen hakyň möçberinden ugur alnyp, şeýle hem möhletiň geçirilmegi netijesinde potratçynyň tygşytlan harajatlaryny hem-de öz işçi güýjüni peýdalanmagy netijesinde onuň möhletiň geçirilen wagtynyň dowamynda alan peýdasy nazara alnyp kesgitlenilýär.

 

655 madda. Potratçynyň girew goýmak hukugy

 

Şertnama baradaky talaplary üpjün etmek üçin, potratça zakazçynyň potratçy tarapyndan ýasalan ýa-da remont edilen gozgalýan zatlary barada, eger şol zatlar ýasalan ýa-da remont edilen mahalynda onuň eýelik etmeginde bolýan bolsa, girew goýmak hukugy berilýär.

 

656 madda. Gurluşyk işleri ýerine ýetirilen mahalynda üpjünçilik ipotekasy

 

Şertnama boýunça öz talaplaryny üpjün etmek üçin, desgany ýa-da desganyň bir bölegini bina edýän potratçy gurluşyk üçin zakazçy tarapyndan berlen ýer uçastogy barada üpjünçilik ipotekasynyň bellenilmegini talap edip biler. Eger iş entek tamamlanylmadyk bolsa, onda ol tölenilmeli haka girizilmedik harajatlary nazara alyp, hakyň diňe ýerine ýetirilen işe laýyk gelýän böleginiň möçberinde üpjünçilik ipotekasynyň berilmegini talap edip biler.

 

657 madda. Zakazçynyň şertnamany ýatyrmak hukugy

 

Işleriň tamamlanmak pursatyndan öň zakazçy şertnamanyň ýatyrylmagyny islendik wagtda talap edip biler. Eger zakazçy şertnamany ýatyrsa, onda potratçy şertnamanyň ýatyrylmagy netijesinde özüniň tygşytlan ýa-da edinen zadyny çykyp, bellenilen hakyň tölenilmegini talap etmäge haklydyr.

 

658 madda. Işleri kemçiliksiz ýerine ýetirmek borjy

 

Potratçy işi ýerine ýetirende şol işiň wada edilen häsiýetleri bolar ýaly hem-de bu işiň gymmatyny we adatdakysy ýaly peýdalanmaga ýa-da şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly peýdalanmaga ýaramlylygyny ýok edip biläýjek ýa-da azaldyp biläýjek kemçilikleri bolmaz ýaly edip ýerine ýetirmäge borçludyr.

 

659 madda. Kemçilikleri düzetmek

 

1. Eger iş wada edilen häsiýetlere laýyk gelmeýän bolsa, onda zakazçy kemçilikleriň düzedilmegini talap edip biler. Eger kemçilikleri düzetmek nälaýyk çykdajylaryň edilmegini talap edýän bolsa, onda potratçy kemçilikleri düzetmekden ýüz döndermäge haklydyr.

2. Eger potratçy kemçilikleri düzetmegi gijikdirse, onda zakazçy kemçilikleri özbaşdak düzedip biler we çykdajylaryň tölenilmegini talap edip biler.

 

660 madda. Kemçilikleri düzetmek möhleti. Şertnamany ýatyrmak ýa-da haky azaltmak

 

1. Zakazçy şu Kodeksiň 658 maddasynda görkezilen kemçilikleri düzetmek üçin potratça degişli möhlet belläp biler, şunda ol bu möhlet geçenden soň kemçilikleriň düzedilmeginiň kabul etmekden ýüz dönderjegini aýtmalydyr. Eger kemçilikler öz wagtynda düzedilmese, onda möhlet geçenden soň zakazçy şertnamanyň ýatyrylmagyny ýa-da potratça tölenilmeli hakyň azaldylmagyny talap etmäge haklydyr.

2. Eger kemçilikleri düzetmek mümkin bolmasa ýa-da potratçy kemçilikleri düzetmekden ýüz dönderse, ýa-da zakazçynyň aýratyn bähbitleri şertnamanyň haýal etmän ýatyrylmagyny ýa-da potratça tölenilmeli hakyň azaldylmagyny kanagatlandyrýan bolsa, onda möhlet bellemek talap edilmeýär.

3. Eger kemçilikler önümiň gymmatyny ýa-da peýdalanmak üçin onuň ýaramlylygyny diňe sähelçejik azaldýan bolsa, onda şertnamanyň ýatyrylmagyna ýol berilmeýär.

 

661 madda. Işleri potratçynyň materiallaryndan bitirmek

 

Eger potratçy işi hut öz materialyndan bitirmegi borç edinýän bolsa, onda ol ýasalan zady we oňa bolan eýeçilik hukugyny zakazça bermelidir. Çalşylýan zady ýasamak hakyndaky şertnama barasynda satyn almak-satmak hakyndaky görkezmeler hereket edýär.

 

662 madda. Duýdurmak borjy

 

Potratçy şu aşakdakylar barada zakazça öz wagtynda duýdurmaga borçludyr:

a) zakazçydan alnan materialyň hil baradaky talaplara laýyk gelmeýändigi ýa-da ýaramly däldigi barada;

b) zakazçynyň görkezmesi ýerine ýetirilen halatynda bitirilen işiň özüniň gymmatyny we onuň adatça peýdalanmaga ýa-da şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly peýdalanmaga ýaramlylygyny ýok edýän ýa-da azaldýan kemçiliklerden sap bolmajakdygy barada;

w) potratça bagly bolmadyk we önümiň gymmatyny we peýdalanmak üçin onuň ýaramlylygyny ýok etmek ýa-da azaltmak howpuny döredýän haýsy-da bolsa bir hili ýagdaýlaryň bardygy barada.

 

663 madda. Hak tölemek

 

Ýerine ýetirilen iş kabul edilen mahalynda onuň haky tölenilmelidir. Eger iş bölekleýin kabul edilmeli bolsa, tölenilmeli hak hem aýry-aýry bölekleriň ýerine ýetirilmegi üçin tölenilmeli edilen bolsa, onda tölenilmeli hak işiň degişli bölegi kabul edilen pursatynda her bir bölegi üçin tölenilmelidir.

 

664 madda. Işi kabul etmek

 

1. Işiň kabul edilmegi işiň hili sebäpli mümkin bolmadyk halatlardan başga halatda zakazçy şertnama laýyklykda ýerine ýetirilen işi kabul etmäge borçludyr.

2. Eger zakazçy kemçilikleriň bardygyny bilse-de, kemçilikli işi kabul etse, onda onuň şu Kodeksiň 659 we 660 maddalarynda görkezilen talaplary bildirmäge, özem diňe şeýle halatda, ýagny iş kabul edilen mahalynda özüniň ýüze çykarylan kemçilikler barasyndaky hukuklaryny aýdan mahalynda bildirmäge hukugy bardyr.

 

665 madda. Kepillendirme

 

Eger potratçy ýerine ýetirilen iş barada kepillendirme beren bolsa, onda kepillendirmäniň hereket edýän möhletiniň içinde kemçiligiň ýüze çykarylmagy şol kemçiligi düzetmegi talap etmek hukugyny döredýär.

 

666 madda. Jogapkärçiligi şertnama esasynda aradan aýyrmak

 

Işiň kemçilikleri üçin potratçynyň jogapkärçiligini doly ýa-da kem-käs aradan aýyrýan ylalaşyk, eger potratçy kemçilikler barada bilgeşleýin sesini çykarmadyk bolsa, biderek ylalaşykdyr.

 

667 madda. Töwekgelçiligi bölmek

 

1. Potratçy işiň kabul edilen pursatyna çenli ýerine ýetirilen işleriň tötänden ýok edilmek ýa-da ýaramazlaşmak töwekgelçiligini çekýär. Eger zakazçy işi kabul etmegi gijikdirse, onda töwekgelçilik oňa geçýär.

2. Potratçy zakazçy tarapyndan özüne berlen materialyň tötänden ýok edilmegi ýa-da tötänden ýaramazlaşmagy üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

668 madda. Zakazçynyň jogapkärçiligi

 

Eger işiň netijesi ýok edilen bolsa ýa-da işiň hili ýaramazlaşsa, ýa-da eger zakazçynyň beren materialynyň ýetmezlik etmegi zerarly ýa-da işi ýerine ýetirmek barasynda zakazçynyň beren buýrugy zerarly işi kabul etmek pursatyndan entek öň işi ýerine ýetirmek mümkin bolmadyk bolsa, özem potratçynyň jogap berýän ýagdaýlary muňa ýardam etmedik bolsa, onda potratçy hakyň ýerine ýetirilen işe laýyk bölegini tölenilmegini we tölenilmeli haka girizilmedik harajatlaryň tölenilmegini talap edip biler.

 

11 BAP. TURISTIK HYZMAT

 

669 madda. Düşünje

 

Turistik hyzmat hakyndaky şertnama boýunça syýahaty guraýjy (turistik kärhana) syýahatlary guramak baradaky ähli hyzmatlary tutuşlygyna turiste bermegi borç edinýär. Turist edilen hyzmatlar üçin şertleşilen haky syýahaty guraýja tölemäge borçludyr.

 

670 madda. Turisti üçünji şahs bilen çalşyrmak

 

1. Syýahat başlanmazyndan öň turist özüne derek üçünji şahsyň syýahata gatnaşmagyny talap edip biler. Eger üçünji şahs bu syýahata gatnaşmak baradaky aýratyn talaplara laýyk gelmeýän bolsa, ýa-da onuň gatnaşmagy kanunlaryň talaplaryna ters gelýän bolsa, onda syýahaty guraýjy şol üçünji şahsyň gatnaşmagyna garşy bolup biler.

2. Syýahaty guraýja üçünji şahsyň syýahata gatnaşmagy bilen dörän goşmaça çykdajylaryň tölenilmegini turistden talap edip biler.

 

671 madda. Kepillendirmeleri bermek we kemçilikleri düzetmek

 

1. Syýahaty guraýjy syýahat guralanda onuň kepillendirilen derejesi bolar ýaly we syýahatyň gymmatyny ýa-da adaty maksatlary ýa şertnamada göz öňünde tutulan maksatlary kanagatlandyrmak ukybyny ýok edýän ýa-da azaldýan kemçilikleri bolmaz ýaly edip guramaga borçludyr.

2. Eger syýahat degişli derejede guralmaýan bolsa, onda turist kemçilikleriň düzedilmegini talap edip biler. Syýahaty guraýjy kemçilikleri düzetmek nälaýyk çykdajylary talap edýän bolsa, şol kemçilikleri düzetmekden ýüz dönderip biler.

3. Eger syýahaty guraýjy kemçilikleri turistiň görkezen ýerlikli möhletlerinde düzetmese, onda turistiň özi bu kemçilikleri düzedip biler we özüniň çeken zerur çykdajylaryny tölemegi talap edip biler. Eger syýahaty guraýjy kemçilikleri düzetmekden ýüz dönderse ýa-da eger turistiň kemçilikleri haýal etmän düzetmekde aýratyn bähbidi bar bolsa, onda möhleti kesgitlemek hökman däldir.

 

672 madda. Tölenilmeli haky azaltmak

 

Eger syýahatyň kemçilikleri bar bolsa, onda kemçilikleriň dowam edýän wagty nazara alnyp, tölenilmeli hak azaldylýar. Eger turist kemçilikleri habar bermedik bolsa, onda tölenilmeli hak azaldylmaýar.

 

673 madda. Kemçilik zerarly turistiň inisiatiwasy boýunça şertnamany ýatyrmak

 

1. Eger şu Kodeksiň 671 maddasynda görkezilen kemçilik zerarly syýahata düýpli zyýan ýetirilse, onda turist şertnamany ýatyryp biler. Bu kada syýahaty guraýjynyň bilýän esasly sebäbi boýunça turist syýahata gatnaşyp bilmeýän halatynda hem ulanylýar.

2. Şertnamanyň ýatyrylmagyna diňe syýahaty guraýjynyň kemçilikleri laýyk möhletde düzetmedik mahalynda ýol berilýär. Eger kemçilikleri düzetmek mümkin bolmasa ýa-da syýahaty guraýjy şol kemçilikleri düzetmekden ýüz dönderse ýa-da şertnamanyň haýal etmän ýatyrylmagy turistiň aýratyn bähbitleri bilen delillendirilýän bolsa, möhleti kesgitlemegiň zerurlygy ýok.

3. Eger şertnama ýatyrylsa, onda syýahaty guraýjy özüniň hyzmatlary üçin bellenilen haky almak hukugyny ýitirýär. Ýöne ol eýýäm kemçiliksiz edilen hyzmatlar üçin hakyň tölenilmegini talap etmäge haklydyr.

4. Eger şertnamada turisti yzyna getirmek göz öňünde tutulan bolsa, onda syýahaty guraýjy şertnama ýatyrylandan soň ony yzyna getirmäge borçludyr. Şunuň ýaly halatda goşmaça çykdajylar syýahaty guraýjynyň üstüne ýüklenilýär.

 

674 madda. Zeleli tölemek

 

1. Eger syýahatdaky kemçilikler syýahaty guraýjynyň jogapkär bolan ýagdaýlary zerarly ýüze çyksa, onda turist özüniň haky azaltmak ýa-da şertnamany ýatyrmak baradaky hukuklaryna garamazdan, talabyň ýerine ýetirilmezligi sebäpli ýeten zeleliň tölenilmegini talap edip biler.

2. Eger syýahat başa barmadyk bolsa ýa-da talaba laýyk guralmadyk bolsa, onda turist biderek sarp edilen rugsat wagty üçin degişli pul hakynyň tölenilmegini talap edip biler.

 

675 madda. Hak isleýiş wagt möhleti

 

1. Şu Kodeksiň 671-674 maddalarynda göz öňünde tutulan talaplary şertnamada görkezilen syýahat möhleti gutarandan soň bir aýyň dowamynda syýahaty guraýja bildirip biler. Talap bildirmegi gijikdirmekde özi günäkär bolmasa, ýokarda gökezilen möhlet geçenden soň turist öz talaplaryny bildirip biler.

2. Turistiň talaplary boýunça hak isleýiş wagt möhleti alty aýdyr. Hak isleýiş möhletiniň geçip ugramagy turistiň talabyny syýahaty guraýjynyň kabul etmedik gününden başlanýar.

 

676 madda. Jogapkärçiligi ýol berilýän derejede çäklendirmek

 

Şu aşakdaky ýagdaýlarda syýahaty guraýjy turist bilen ylalaşyp, özüniň hyzmatlary üçin öz jogapkärçiligini üç esse hak tölemek möçberi bilen çäklendirip biler:

a) turiste ýetirilen zelel bilgeşleýin ýa-da geleňsizlik bilen edilen hereketler zerarly ýetirilmedik bolsa;

b) syýahaty guramak baradaky aýry-aýry borçnamalary ýerine ýetirijileriň biriniň günäsi zerarly ýeten zelel üçin syýahaty guraýjynyň ýeke-täk özi turistiň öňünde jogapkärçilik çekýär.

 

677 madda. Syýahat başlanmazyndan öň şertnamadan ýüz döndermek

 

1. Turist syýahat başlanmazyndan öň islendik pursatda şertnamadan ýüz dönderip biler.

2. Şertnamadan ýüz dönderilen mahalynda syýahaty guraýjy şertleşilen haky almak hukugyny ýitirýär. Şonuň bilen birlikde ol syýahaty guraýjynyň tygşytlan çykdajylary çykylyp, şonuň ýaly-da başga ýol bilen hyzmat etmek netijesinde özüniň alyp biljek peýdasy çykylyp, möçberi bellenilen hakyň summasyndan ugur alnyp kesgitlenilýän degişli hakyň tölenilmegini talap edip biler.

 

678 madda. Ýeňip geçip bolmajak güýjüň netijesinde şertnamany bozmak

 

1. Eger  şertnama  baglaşylanda öňünden görüp  bolmadyk ýeňip geçip bolmajak güýjüň netijesinde syýahat düýpli çylşyrymlaşsa ýa-da onuň amala aşyrylmagyna howp abansa, turist hem, syýahaty guraýjy hem şertnamany ýatyryp bilerler.

2. Şeýle halatlarda şertnama ýatyrylanda şu Kodeksiň 673 maddasynyň 3 punktunyň birinji sözleminiň we 4 punktunyň birinji sözleminiň kadasy ulanylýar. Turisti yzyna eltmek boýunça goşmaça çykdajylary taraplar deň paýlarda çekýärler. Beýleki halatlarda goşmaça çykdajylary turist çekýär.

 

679 madda. Turistiň kanuny hukuklaryny çäklendirýän ylalaşyklara ýol bermezlik

 

Şu Kodeksiň 669-678 maddalarynyň kadalary turistiň zeleline üýtgedilip bilinmez.

 

12 BAP. DAŞAÝYŞ

 

§ 1. Daşaýyş şertnamasy

 

680 madda. Düşünje

 

Daşaýyş şertnamasy boýunça daşaýjy bellenilen ýerine ýüki eltmäge ýa-da ýolagçylary äkitmäge borçludyr.

 

681 madda. Daşaýjynyň jogapkärçiligi

 

1. Daşaýjy ýolagça ýetirilen zyýan üçin, şeýle hem onuň ýüküniň zaýalanandygy ýa-da ýitirilendigi üçin jogapkärçilik çekýär.

2. Eger zyýan ýeňip geçip bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýa-da ýolagçynyň özi ýa-da onuň ýüki tarapyndan ýetirilse, jogapkärçilik bolmaýar.

3. Daşaýjynyň jogapkärçiligi şertnama arkaly aýrylyp ýa-da çäklendirilip bilinmez.

 

682 madda. Şertnama baglaşmak borjy

 

Ýükleri eltmegi we ýolagçylary gatnatmagy köpçülikleýin teklip edýän şahs, eger ýüz öwürmek üçin esaslar bolmasa, daşaýyş şertnamasyny baglaşmaga borçludyr.

 

683 madda. Birnäçe transport serişdeleri arkaly ýük daşamak

 

Eger ýükli maşyn ýoluň bir uçastogyna deňiz, demir ýol ýa-da howa transporty bilen eltilse we şu Kodeksiň 696 maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda ýük düşürilmese, onda tutuşlygyna ýük daşamak üçin şu babyň kadalary ulanylýar.

 

684 madda. Şertnamanyň formasy

 

Daşaýyş şertnamasy nakladnoý görnüşinde resmileşdirilýär. Nakladnoýyň, onuň kemçilikleriniň ýa-da ýitirilmeginiň ýokdugyna garamazdan, daşaýyş şertnamasynyň mazmuny we hakykylygy şu babyň kadalary bilen kesgitlenýär.

 

685 madda. Nakladnoýy düzmegiň kadasy

 

1. Nakladnoý üç nusgalykda düzülýär, oňa iberiji we ýük daşaýjy tarapyndan gol çekilýär. Birinji nusgalyk iberijide galýar, ikinjisi ýüküň ýanyna goşulýar, üçünjini bolsa ýük daşaýjy özünde galdyrýar.

2. Eger daşalmaga degişli ýük transport serişdeleriniň birnäçesine bölünse ýa-da dürli görnüşdäki ýa-da aýry-aýry tapgyrlara paýlanan ýük hakda gürrüň gitse, hem iberiji, hem ýük daşaýjy ulagyň ýa-da ýüküň näçe görnüşi bolsa, şonça-da nakladnoýyň düzülmegini talap edip bilerler.

 

686 madda. Nakladnoýyň rekwizitleri

 

1. Nakladnoýda aşakdaky maglumatlar bolmalydyr:

a) berlen senesi we ýeri;

b) iberijiniň ady we adresi;

w) ýük daşaýjynyň ady we adresi;

g) ýüküň berlen ýeri we senesi, şeýle hem ýüküň eltilmeli ýeri;

d) alyjynyň ady we adresi;

ýe) ýüküň görnüşiniň adaty ady, gaplanyşynyň görnüşi, howp döredýän ýüklerde olaryň umumy ykrar edilen belgisi;

ž) daşalýan ýüküň mukdary, belgileri we nomerleri;

z) ýüküň agramy ýa-da başga belgilenen mukdary;

i) ýük daşamak bilen baglanyşykly çykdajylar (ýük daşamagyň bahasy, goşmaça çykdajylar, gümrük ýygymlary we şertnama baglaşylan pursatyndan we ýüki eltmäge çenli ýüze çykýan gaýry çykdajylar);

k) gümrük we şu zeýilli gaýry gulluklaryň bellikleri;

l) taraplaryň ylalaşygyna garamazdan, ýük daşamak şu babyň kadalarynyň täsirine düşýändigi hakynda bellik.

2. Zerur mahalynda nakladnoýda aşakdaky maglumatlar bolmalydyr:

a) başga ulaga täzeden ýüklemek gadaganlygy;

b) iberijiniň öz üstüne alýan çykdajylary;

w) ýük iberilende tölenmäge degişli nyrh goşantlarynyň möçberleri;

g) ýüküň gymmaty we onuň postawkasyna bolan aýratyn gyzyklanmalar;

d) iberijiniň ýüküň ätiýaçlandyryşy hakynda ýük daşaýja görkezmesi;

ýe) ýük daşamagy tamamlamadyk ylalaşylan möhleti;

ž) ýük daşaýja berlen dokumentleriň sanawy.

3. Nakladnoýda taraplaryň girizilmegi maksada laýyk hasap eden beýleki maglumatlary hem bolup biler.

 

687 madda. Iberijiniň jogapkärçiligi

 

1. Iberiji nakladnoýda aşakdakylaryň nädogry ýa-da doly däl berilmeginiň netijesinde dörän ähli çykdajylar we zyýan üçin jogapkärçilik çekýär:

a) şu Kodeksiň 686 maddasynyň 1 punktunyň «b», «g», «d», «ýe», «ž», «z» we «k» kiçi punktlarynda sanalyp geçilen maglumatlar;

b) şu Kodeksiň 686 maddasynyň 2 punktunda sanalyp geçilen maglumatlar;

w) beýleki ähli maglumatlar ýa-da nakladnoýy düzmek ýa oňa girizmek üçin iberijiniň görkezmeleri.

2. Eger ýük daşaýjy iberijiniň talap etmegi boýunça şu maddanyň birinji punktunda sanalyp geçilen maglumatlary nakladnoýa girizse, onda ol tersine subut edilýänçä, ýük daşaýjy iberijiniň adyndan hereket etdi diýlip hasap edilýär.

3. Eger nakladnoýda şu Kodeksiň 686 maddasynyň 1 punktunyň «l» kiçi punktunda göz öňünde tutulan maglumatlar bolmasa, onda iberiji bu maglumatlaryň görkezilmezliginiň netijesinde ýüke bolan hukuklara eýelik edijide dörän ähli çykdajylar we zyýan üçin jogapkärçilik çekýär.

 

688 madda. Daşaýjynyň ýük alandaky borçlary

 

1. Daşaýjy ýük alan mahalynda aşakdakylary barlamaga borçludyr:

a) nakladnoýda bellenen orunlaryň sany, ýüküň belgileri we möçberleri hakyndaky maglumatlaryň dogrudygyny;

b) ýüküň we onuň gaplanyşynyň daşky ýagdaýyny.

2. Eger ýük daşaýjy şu maddanyň 1 punktunyň «a» kiçi punktunda görkezilen maglumatlary barlamak mümkinçiliginden mahrum bolsa, onda ol ýerine ýetirilmäge degişli şertleri nakladnoýa girizýär. Ol ýüküň we onuň gaplanylyşynyň daşky ýagdaýyna dahylly şertleri hem şeýdip girizmelidir. Bu görkezmeler iberiji üçin hökman däldir, onuň nakladnoýda bulary açyk ykrar eden halatlary muňa degişli däldir.

3. Iberiji ýüküň agramyny ýa-da onuň başga hili bellenen mukdaryny gaýtadan barlamagy ýük daşaýjydan talap edip biler. Ol şeýle hem daşalmaga degişli ýüküň düzüminiň barlanylmagyny ýük daşaýjydan talap edip biler. Ýük daşaýjy şeýle barlaglar bilen baglanyşykly çykdajylaryň öweziniň dolunmagyny talap etmäge haklydyr. Gaýtadan barlagyň jemleri nakladnoýda bellenilmelidir.

 

689 madda. Ýük daşamak şertnamasyny baglaşmagyň prezumpsiýasy

 

1. Tersine subut edilýänçä, nakladnoý (konosament ýa-da daşamak üçin kabul edilen başga forma) şertnamanyň baglaşylandygynyň, onuň mazmunynyň kesgitlenendiginiň we ýüküň ibermek üçin daşaýjy tarapyndan kabul edilendiginiň subutnamasydyr.

2. Eger nakladnoýda ýük daşaýjynyň şertleri görkezilmese, onda tersine subut edilýänçä, kabul edilende ýük we onuň gaplanyşy daşyndan oňat ýagdaýda we orunlaryň sany, bellikler we nomerler nakladnoýda ýazylan maglumatlara laýyk gelýär diýlip hasap edilýär.

 

690 madda. Ýüküň ýaramaz hilli gaplanmagyndan ýetirilen zyýan üçin iberijiniň jogapkärçiligi

 

Iberiji ýüküň ýaramaz hilli gaplanmagy netijesinde adamlara, ýük daşaýjynyň emlägine ýetirilen zyýan üçin, şeýle hem ýaramaz hilli gaplamak bilen baglanyşykly çykdajylar üçin ýük daşaýjynyň öňünde jogapkärçilik çekýär, kemçilikleriň aýdyň bolan ýa-da ýük kabul edilende ýük daşaýjynyň bu hakda bilen we şunuň bilen baglanyşykly haýsydyr bir şertleri görkezmedik halatlary muňa girmeýär.

 

691 madda. Iberijiniň zerur habary bermek borjy

 

1. Iberiji harydyň eltilmegine çenli gümrük we şu zeýilli beýleki hereketleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ähli dokumentleri nakladnoýa goşmalydyr ýa-da ýük daşaýja bu dokumentleri bermelidir we oňa ähli zerur habary bermelidir.

2. Ýük daşaýjy bu dokumentleriň we habaryň dogrulygyny we ýeterlikligini barlamaga borçly däldir. Iberiji dokumentleriň we maglumatlaryň ýeterlik bolmazlygy we takyk däldigi zerarly dörän zyýan üçin ýük daşaýjynyň öňünde jogapkärçilik çekýär, ýük daşaýjynyň günäsi bilen bolan halatlar muňa degişli däldir.

3. Ýük daşaýjy nakladnoýda görkezilen ýa-da ýük daşaýja berlen dokumentleri ýitirilendigi ýa-da nädogry peýdalanylandygy üçin jogapkärçilik çekýär; onuň üstüne ýük ýitirilendäkiden  köp jogapkärçilik ýüklenip bilinmez.

 

692 madda. Iberijiniň hukuklary

 

1. Iberiji ýüke ygtyýar etmäge, ýük daşamagyň togtadylmagyny talap etmäge, ýük eltmegiň ýerini üýtgetmäge hem-de ýük daşaýjydan onuň ýüki nakladnoýda bellenilenlerden  başga şahslara bermezligini talap etmäge doly ygtyýarlydyr.

2. Eger ýüki alyjy öz hukugyny şu Kodeksiň 693 maddasynyň 1 punktuna laýyklykda peýdalansa, bu hukuk nakladnoýyň ikinji nusgalygynyň ýüki alyja berilmegi bilen bir wagtda togtaýar. Şu pursatdan başlap ýük daşaýjy alyjynyň görkezmelerini ýerine ýetirmelidir.

3. Eger iberiji nakladnoýda degişli bellikleri eden bolsa, alyjy eýýäm nakladnoý resmileşdirilende ýüke ygtyýar etmäge hukuklydyr.

4. Eger alyjy ygtyýar etmek hukugyny amala aşyranda ýüki üçünji tarapa eltmegi görkezse, soňky öz nobatynda başga alyjyny aýtmaga ygtyýarsyzdyr.

5. Ygtyýar etmek hukugyny amala aşyrmak aşakdaky düzgüne laýyk bolmalydyr:

a) eger iberiji ýa-da şu maddanyň 3 punktunda görkezilen halatlarda, alyjy öz ygtyýar etmek hukugyny amala aşyrmak islese, onda ol nakladnoýyň birinji nusgalygyny bermelidir, onda ýük daşaýja berlen täze görkezmeler bolmalydyr we bu görkezmeler ýerine ýetirilenden soň ýüze çykan ähli çykdajylar we ýitgiler ýük daşaýja tölenilmelidir;

b) görkezmäni ýerine ýetirmek bu görkezmäni ýerine ýetirmeli adama onuň gelip gowuşmaly  pursatynda  mümkin  bolmalydyr hem-de onuň ýük daşaýjynyň adaty mümkinçilik işine päsgelçilikleri döretmegine we beýleki iberijileriň ýa-da alyjylaryň ýüklerine zyýan ýetirmegine ýol bermeli däldir;

w) görkezmeler ýüküň böleklere bölünmegine getirmeli däldir.

6. Eger ýük daşaýjy şu maddanyň 5 punktunyň «w» kiçi punktunyň esasynda  alnan görkezmäni ýerine ýetirip bilmese, ol bu hakda görkezme beren adama şobada habar bermelidir.

7. Şu maddanyň talaplaryny berjaý etmek bilen berlen görkezmeleri ýerine ýetirmeýän ýa-da nakladnoýyň birinji nusgalygyny talap etmezden bu görkezmeleri ýerine ýetirýän ýük daşaýjy şunuň netijesinde ýüze çykan zyýan üçin doly ygtyýarly şahsyň öňünde jogapkärçilik çekýär.

 

693 madda. Ýük berlende alyjynyň hukuklary

 

1. Ýük bermek üçin göz öňünde tutulan ýerine eltilende, alyjy alandygyny tassyklamagyň esasynda nakladnoýyň ikinji nusgalygyny bermegini ýük daşaýjydan talap etmäge doly ygtyýarlydyr hem-de şunuň bilen ýük berlen diýlip hasap ediler. Eger ýükde ýetmezçilik ýüze çyksa ýa-da şu Kodeksiň 700 maddasynda göz öňünde tutulan möhletlerde ýük eltilmese, alyjy şertnamadan gelip çykýan hukuklary ýük daşaýjynyň garşysyna ulanyp biler.

2. Şu maddanyň 1 punkty arkaly göz öňünde tutulyp özüne berlen hukuklary peýdalanýan alyjy nakladnoýdan gelip çykýan çykdajylaryň tutuş summasyny tölemäge borçludyr. Ýük daşaýjy bu hakdaky jedelde alyjy tarapyndan oňa üpjünçilik berlen ýagdaýynda zady bermäge borçludyr.

 

694 madda. Şertnamany ýerine ýetirmegiň mümkin däldigi

 

1. Eger ýüki bermek üçin göz öňünde tutulan ýerde onuň kabul edilmegine çenli şertnamany nakladnoýda görkezilen şertlerde ýerine ýetirmek mümkin bolmasa ýa-da ýerine ýetirmek mümkin däl bolsa, onda ýük daşaýjy şu Kodeksiň 692 maddasyna laýyklykda zat hakynda ygtyýar etmegi doly ygtyýarly şahsdan talap etmelidir.

2. Eger ýagdaýlar nakladnoýda görkezilen şertlerden tapawutlanýan ýük daşamaga mümkinçilik berse we ýük daşaýjy şu Kodeksiň 692 maddasynda göz öňünde tutulan ýük hakynda doly ygtyýarly şahsyň görkezmelerini degişli möhletiň içinde alyp bilmese, onda ol doly ygtyýarly şahsyň bähbitlerinden ugur alyp has gowy diýlip ykrar edilip bilinjek çäreler kabul etmelidir.

 

695 madda. Ýüki bermäge päsgel berýän ýagdaýlar

 

1. Eger ýük bellenen ýerine gelenden soň ýüki bermäge päsgelçilik berýän ýagdaýlar ýüze çyksa, onda ýük daşaýjy iberijiden görkezmeleri talap etmelidir. Eger iberiji görkezmeleri bermedik bolsa alyjy ýüki kabul etmekden ýüz öwürse, ýük daşaýjy nakladnoýyň birinji nusgalygyny görkezmezden ýüke özi ygtyýar etmäge doly hukuklydyr.

2. Alyjy ýüki kabul etmekden ýüz öwrende, ýöne ýük daşaýjy heniz iberijiden gapma-garşy görkezmeleri almadyk halatynda ýüküň berilmegini talap edip biler.

3. Eger ýüküň berilmegine päsgel berýän şert alyjynyň şu Kodeksiň 692 maddasynyň 3 punktuna laýyklykda ýüki üçünji şahsa bermek hakynda görkezme berenden soň ýüze çyksa, onda şu maddanyň 1 we 2 punktlarynda göz öňünde tutulan kadalar ulanylanda alyjy iberijini, üçünji şahs bolsa alyjyny çalşyrýar.

 

696 madda. Iberijiniň görkezmeleri esasynda edilen çykdajylaryň öwezini dolmak hukugy

 

1. Ýük daşaýjy iberijiniň görkezmelerini almagy ýa-da ýerine ýetirmegi netijesinde öz eden çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyna bolan hukuga eýedir, şol çykdajylaryň zerurlygy onuň günäsi boýunça ýüze çykan halatlary muňa girmeýär.

2. Şu Kodeksiň 694 maddasynyň 1 punktunda we 695 maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda ýük daşaýjy doly ygtyýarly şahsyň hasabyna ýüki gyssagly düşürip biler; düşürilenden soň ýük daşamak tamamlanan diýlip hasap edilýär. Şundan soň ýük daşaýjy ýüki doly ygtyýarly şahs üçin saklamalydyr. Ol muny üçünji şahsa tabşyryp biler. Şeýle halatlarda onuň üstüne diňe üçünji şahsy seçip almakda jogapkärçilik düşýär. Nakladnoýdan gelip çykýan ähli talaplar we çykdajylar ýüküň gymmatyndan tölenilýär.

3. Eger iş tiz zaýalanýan azyklara dahylly bolsa ýa-da ýüküň ýagdaýy şeýle hereketleri ödese ýa-da saklamak üçin çykdajylar ýüküň gymmatyndan ýokary geçse, ýük daşaýjy doly ygtyýarly şahsyň görkezmelerine garaşmazdan ýüki satmak hakynda  buýruk berip biler. Ol belli bir wagtyň içinde taraplaryň birinden görkezmeler almadyk beýleki halatlarda hem harydy satyp biler.

4. Eger haryt şu madda laýyklykda satylsa, alnan summa ýük bilen baglanyşykly çykdajylary hasaplap aýyrmak bilen doly ygtyýarly şahsa berilmelidir. Eger bu çykdajylar girdejiden artyk bolsa, ýük daşaýjy tapawudyň öweziniň dolunmagyny talap edip biler.

5. Satmagyň kadalary ýüküň ýerleşýän ýeriniň kanunlary we adatlary bilen kesgitlenilýär.

 

697 madda. Daşaýjynyň girew hukugy

 

Ýük daşamak şertnamasyndan ýüze çykan çykdajylar bilen baglanyşykly ýük daşaýjy şu ýüke ygtyýar etmäge hakynyň bolmagyna çenli ýüke bolan girew hukugyna eýedir.

 

§ 2. Daşaýjynyň jogapkärçiligi

 

698 madda. Düşünje

 

1. Eger ýük alnan pursatyndan tabşyrmaga çenli döwürde ýitirilse ýa-da zaýalansa, ýük daşaýjy ýüküň doly ýa-da kem-käsleýin ýitirilendigi ýa-da zaýalanandygy, şeýle hem eltmek möhletiniň geçendigi üçin jogapkärçilik çekýär.

2. Eger ýüküň ýitirilmegi, zaýalanmagy ýa-da eltmek möhletiniň geçmegi doly ygtyýarly şahsyň günäsi ýa-da ýük daşaýjynyň jogapkärçilik çekmeýän görkezmesi boýunça, şeýle hem ýüküň şeýle kemçilikleriniň ýa-da ýük daşaýjynyň düzedip bilmedik we olaryň netijeleriniň öňüni alyp bilmedik ýagdaýlary netijesinde bolsa, ýük daşaýjy jogapkärçilikden boşadylýar.

3. Ýük daşaýjy jogapkärçilikden boşamak maksady bilen ýük daşamak üçin peýdalanylan ulag serişdesiniň kemçiliklerine hem, bu serişdeleri kireýine berijiniň günäsine hem ýa-da kireýine alyjynyň hyzmat ediji personalynyň günäsine hem salgylanyp bilmez.

 4. Şu Kodeksiň 699 maddasynyň 2, 3, 4 we 5 punktlarynda görkezilen şertler bar mahalynda, eger ýüküň ýitirilmegi ýa-da zaýalanmagy aşakda sanalyp geçilen ýagdaýlar bilen baglanyşykly aýratyn howp netijesinde ýüze çyksa, ýük daşaýjy jogapkärçilikden boşadylýar:

a) açyk, ýapylmadyk ulag serişdesi ulanylyp, şonda onuň ulanylmagy göni ylalaşylan we nakladnoýda bellenilen bolsa;

b) ýük gaplanmasa ýa-da ýaramaz hilli gaplansa;

w) ýüki gözden geçirmek, dolduryp ýüklemek, ýerleşdirmek ýa-da düşürmek iberiji, alyjy ýa-da olar üçin hereket edýän üçünji şahs tarapyndan geçirilse;

g) hususan-da döwülmek, poslamak, korroziýa bolmak, guramak, dökülmek, kadaly ýitgiler we mör-möjekleriň ýa-da gemrijileriň täsiri ýaly ýükleriň tutuş ýa-da kem-käsleýin ýitmegine ýa-da zaýalanmagyna howp döredýän belli bir ýükleriň aýratynlyklary netijesinde;

d) daşamak üçin niýetlenen ýük ýeterlik derejede bellenilmedik ýa-da nomerlenmedik halatynda;

ýe) mallar daşalsa.

Eger şu maddanyň esasynda ýük daşaýjy zyýan ýetiren aýry-aýry ýagdaýlar üçin jogapkärçilik çekmese, onda ol diňe ýagdaýlaryň zyýan ýetiren möçberinde jogapkärçilik çekýär, bular üçin ýük daşaýjy şu maddanyň esasynda jogap berýär.

 

699 madda. Subut etmek güzaby

 

1. Ýüküň ýitirilmegi ýa-da zaýalanmagy, eltmek möhletiniň geçmegi şu Kodeksiň 698 maddasynyň 2 punktunda görkezilen ýagdaýlara eltendigini subut etmek ýük daşaýjynyň üstüne ýüklenilýär.

2. Eger ýük daşaýjy kem gelmegiň ýa-da zaýalanmagyň şu Kodeksiň 698 maddasynyň 4 punktunda sanalyp geçilen howplaryň biriniň ýa-da birnäçesiniň getirip biljekdigini anyk işiň ýagdaýlaryndan ugur alyp subut etse, zyýan şundan dörän diýlip hasap edilýär. Doly ygtyýarly şahs şu howpdan ýüze çykmandygyny ýa-da diňe bu howpdan däldigini subut edip biler.

3. Munuň özi ekstremal şertlerde daşalýan ýük ýitirilende ýa-da ýok bolanda şu Kodeksiň 698 maddasynyň 4 punktunyň «a» kiçi punktunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar bolanda ulanylmaýar.

4. Eger ýük daşamak ýüki yssydan, sowukdan, temperaturanyň aşak düşmeginden ýa-da  ýelden goramak üçin ýörite enjamlary bolan ulag serişdesi bilen amala aşyrylsa, ýük daşaýjy eger diňe bu enjamy seçip almak, ulanmak we peýdalanmak üçin zerur çäreleri görendigini we özüne bildirilen ähli talaplary ýerine ýetirendigini subut eden halatynda, şu Kodeksiň 698 maddasynyň 4 punktuna salgylanyp biler.

5. Eger ýük daşaýjy diňe öz üstüne ähli ýüklenen çäreleri we özüne berlen görkezmeleri ýerine ýetirendigini subut eden halatynda şu Kodeksiň 698 maddasynyň 4 punktunyň «g»  kiçi punktuny ulanyp biler.

 

700 madda. Ýüki eltmegiň gijikdirilmegi

 

Eger ýük ylalaşylan möletde eltilmese ýa-da eger ýük bölekler boýunça ýüklenende ýüküň böleklerini bütewä birleşdirmäge wagty kesgitlemek bilen baglanyşykly ýagdaýlar nazara alnyp möhletinde ýük daşamak üçin adaty zerur möhlet görkezilmese, eger ätiýaçly ýük daşaýjy tarapyndan adaty şertlerde berjaý etmeli möhlet bozulsa, eltmek gijikdirilen diýlip hasap edilýär.

 

701 madda. Ýüküň ýitirilmegi

 

1. Eger ylalaşylan möhletden soň otuz günüň içinde ýük bellenilen ýerine eltilmese ýa-da şeýle möhlet gökezilmese, ýük daşaýjy tarapyndan ýük alnandaň soň altmyş günüň geçmegi bilen doly ygtyýarly şahs goşmaça subutnamalary bermezden ýüki ýitirilen diýip hasap edip biler.

2. Doly ygtyýarly şahs ýüküň ýitirilmegi bilen baglanyşykly zyýanyň öwezi dolunanda, eger öwezi dolunandan soň bir ýylyň içinde ýitirilen ýük tapylsa, özüne şobada habar berilmegini ýazmaça formada talap edip biler. Bu talaba jogap hem ýazmaça formada berilmelidir.

3. Doly ygtyýarly şahs şeýle habary alandan soň otuz gün möhletde nakladnoýdan gelip çykýan talaplar ýerine ýetirilenden  soň we alnan öwezini dolma gaýtaryp berlen mahalynda, zerur halatynda zyýanyň öwezi dolunanda ýüze çykan çykdajylary hasaplap aýyrmak bilen ýüküň özüne tabşyrylmagyny talap edip biler; ýük daşamagyň gijikdirilmegi bilen baglanyşykly öwezini dolmak hakynda onuň talaplary şu Kodeksiň 704 we 706 maddalaryna laýyklykda üýtgewsiz galýar.

4. Eger şu maddanyň 2 punktunda göz öňünde tutulan talap bildirilmese ýa-da şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan otuz gün möhlete salgylanmalar bolmasa ýa-da tölegden soň bir ýylyň içinde ýük tapylsa, ýük daşaýjy ýüküň ýerleşýän ýerindäki hereket edýän kadalara laýyklykda ýüke ygtyýar edip biler.

 

702 madda. Goşmaça hak tölenmegini talap etmek hukugy.

 

Eger ýük bellenilen ýerine eltilenden soň daşaýjy almaly goşmaça haky almazdan ýük alyja gowşurylsa, onda daşaýjy alyjynyň regres hukugyna salgylanyp iberijiden ööweziniň dolunmygyny talap edip biler.

 

 703 madda. Howply bolup durýan ýükleri ibermegiň kadasy

 

1. Eger iberiji howply bolup durýan ýükleri iberse, onda ol ýük daşaýja takyk habary bermäge hem-de ýüküň howplulygy hakynda duýdurmaga, zerur mahalynda bu ýüki ätiýaçlandyrylmaga borçludyr. Eger bu borçnama nakladnoýa girizilmese, onda iberijä we alyja harydyň görnüşi we garaşylýan howp barada ýük daşaýjynyň bilendigini başga serişdeler arkaly subut etmek borjy ýüklenilýär.

2. Ýük daşaýjy zyýanyň ööwezini tölemek borçnamasy bolmazdan, howply bolup durýan we şu maddanyň 1 punktuna laýyklykda howplulygy özüne hiç zat mälim bolmadyk ýüki islendik wagt we islendik ýerde düşürip, ýok edip ýa-da zyýansyzlandyryp biler; iberiji hem bu ýükleri daşamak üçin tabşyrmak ýa-da daşamak netijesinde dörän zyýan we çykdajylar üçin jogapkärçilik çekýär.

 

704 madda. Ýük ýitirilen mahalynda onuň gymmatyny kesgitlemek

 

1. Eger şu babyň düzgünlerine laýyklykda daşaýjy ýüküň doly ýa-da bölekleýin ýitirilmegi bilen baglanyşykly ýetirilen zyýanyň ööwezini dolmaga borçly bolsa, zyýanyň ööwezini dolmak şol haryt üçin hereket edýän bahalar boýunça berlen ýerinde we berlen pursatynda amala aşyrylýar.

2. Ýüküň gymmaty birja bahasy boýunça, şeýle baha bolmadyk halatynda bazar bahasy boýunça, bu hem bolmasa şu zeýilli görnüşdäki gymmatdaky ýüklere meňzeş baha boýunça kesgitlenilýär.

3. Ýük daşamagyň summasy, gümrük we şoňa meňzeş beýleki çykdajylar gaýtarylyp berilmäge degişlidir, ýöne tutuş ýük ýitirilende doly, onuň bir bölegi ýitirilende bolsa möhletleýin gaýtarylyp berilmäge degişlidir.

4. Eger ýük eltmek gijikdirilse we ygtyýarly şahs munuň zyýan ýetirmegine getirendigini subut etse, ýük daşaýjy şol ýüküň gymmatynyň çäklerinde zyýany tölemäge borçludyr. Şu Kodeksiň 706 maddasyna laýyklykda bu ýük daşama aýratyn gyzyklanma bolsa ýa-da ýüküň gymmaty görkezilen bolsa, onuň öweziniň uly möçberde dolunmagy talap edilip bilner.

 

705 madda. Ýük zaýalanan mahalynda zyýanyň öwezini dolmak

 

1. Ýük zaýalanan mahalynda ýük daşaýjy ýüküň gymmatynyň aşaklan summasynyň öwezini tölemelidir. Görkezilen summa şu Kodeksiň 704 maddasynyň 1, 2 we 3 punktlarynda bellenilen tertipde kesgitlenýär.

2. Zyýanyň öwezini dolmak aşakdakylardan geçmeli däldir:

a) ähli ýük ýitirilende, zaýalanmak netijesiide doly gymatyny gaçyranda tölenmäge degişli summadan;

b) ýüküň bir bölegi ýitirilende, zaýalanmak netijesinde ýüküň diňe bir bölegi gymmatyny gaçyranda tölenmäge degişli summadan.

 

706 madda. Nakladnoýda aýratyn gyzyklanma hakynda bellik

 

1. Iberiji ýük ýitirilen ýa-da zaýalanan ýa-da gijikdirilen halatynda geçirilen goşmaça tölegiň esasynda şeýle ýük daşama özüniň aýratyn gyzyklanmasyny belläp biler.

 2. Eger şu Kodeksiň 704 we 705 maddalarynda göz öňünde tutulan zyýanyň ööweziniň tölenenligine garamazdan şu ýük daşama aýratyn gyzyklanma eýýäm aňladylan bolsa, gyzyklanmada aňladylan möçberlerde zyýanyň goşmaça ööweziniň dolunmagy talap edilip bilner.

 

707 madda. Üpjün edilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça prosentleri talap etmek

 

1. Ýüke ygtyýarly şahs özüne zyýanyň üpjün edilen ööweziniň dolunmagyny ýyllyk bäş prosentiniň tölenmegini talap edip biler. Prosentleriň hasaby ýük daşaýja nägilelik bildirilen günden, eger nägilelik görkezilmese hak islegi girizilen günden başlanýar.

2. Eger zyýanyň ööwezini dolmak ýurtda ýöremeýän pul birliklerinde bellenilse we tölemek talap edilse, hümmeti zyýan üçin tölenen ýerinde töleg gününde hereket eden hümmete laýyklykda kesgitlenýär.

 

708 madda. Ýükleri daşamakda şertnamadan daşary talaplar

 

1. Eger ýük daşamakda kem gelmek, zaýalanmak ýa-da gijikdirmek hereket edýän kadalar boýunça şertnamadan daşary talaplara getirmegi mümkin bolsa, onda ýük daşaýjy munuň garşysyna ony jogapkärçilikden aýyrýan ýa-da öwezini dolmagyň möçberini kesgitleýän ýa çäklendirýän şu babyň düzgünlerine salgylanyp biler.

2. Eger ýitmek, zaýalanmak ýa-da gijikdirmek boýunça şertnamadan daşary jogapkärçiligiň talaplary taraplaryň biri babatda ulanylsa, ol onda özüniň jogalkärçiligini aýyrýan ýa-da zyýanyň öweziniň dolunmagyny kesgitleýän ýa çäklendirýän şu babyň düzgünlerine salgylanyp biler.

 

709 madda. Daşaýjyny jogapkärçilikden boşatmaga ýol bermezlik

 

Eger zyýan öz günäsi bilen dörän bolsa, ýük daşaýjy öz jogapkärçiligini aýyrýan ýa-da ony subut etmek kynçylygyndan boşadýan şu babyň düzgünlerine salgylanyp bilmez.

 

§ 3. Reklamasiýa (nägilelik) we hak isleýiş

 

710 madda. Düşünje. Mazmuny

 

 

1. Eger alyjy harydy ýük daşaýjy bilen bilelikde barlaman kabul etse we ýük daşaýja kemçilikler we ýitgiler babatda umumy häsiýetdäki nägilelikleri bildirmese, onda tersine subut edilýänçä, alyjy ýüki nakladnoýda görkezilen ýagdaýda aldy diýlip hasap edilýär; eger gürrüň ýüküň daşyndan mälim bolan kem gelmegine ýa-da zaýalanmalaryna dahylly bolsa agzalan pretenziýalar ýüküň kabul edilen gününde bildirilmelidir, kem gelmegi ýa-da zaýalanmalar daşyndan belli bolmadyk halatynda, ýük kabul edilen gününden başlap bir hepdeden gijä galman bildirilmelidir, şenbe we ýekşenbe, şeýle hem baýramçylyk günleri bu möhlete goşulmaýar. Eger kemligi we zaýalanmalar daşyndan bildirmese, onda bu nägilelikler ýazmaça formada bildirilmelidir.

2. Eger alyjy we ýük daşaýjy ýüküň ýagdaýyny bilelikde barlasalar, onuň kemligi we zaýalanmalar daşyndan belli bolmadyk we alyjy kabul edendeň soň ýedi günüň içinde (şenbe, ýekşenbe hem baýramçylyk günleri hasaplanmaýar) ýazmaça nägilelikler bildirilmedik halatynda, diňe şonda barlagyň netijelerine gapma-garşy subutnama ýol berilýär.

3. Ýük kabul edilen günden başlap ýigrimi bir günüň içinde alyjy tarapyndan ýük daşaýja ýazmaça nägilelikler bildirilse, diňe şonda gijikdirmek sebäpli zyýanyň öwezini dolmak talabyny bildirmek mümkindir.

4. Şu maddada göz öňünde tutulan möhletler hasaplananda ýüküň iberilen, onuň barlanan ýa-da alyja tabşyrylan günleri hasap edilmeýär.

5. Daşaýjy we alyjy zerur barlaglary geçirmekde we gerekli faktlary belli etmekde birek-birege ýardam etmelidirler.

 

711 madda. Daşaýyşdan gelip çykýan hukuklar babatda wagt mütdeti

 

Şu bapda göz öňünde tutulan ýük daşamakdan gelip çykýan hukuklar boýunça hak isleýiş wagty bir ýyla deňdir. Niýetde we gödek seresapsyzlykda bu möhlet üç ýyla deňdir. Hak isleýiş wagtynyň içine aşakdakylar hasaplanyp goşulýar:

a) ýük bölekleýin ýitirilende, zaýalananda ýa-da gijikdirilende - ýüküň gelen gününden;

b) ýük doly ýitirilende - ýük daşamagyň şertleşilen möhleti geçenden soň otuzynjy günden başlap, eger şeýle möhlet bellenilmedik bolsa, ýüküň ýük daşaýjy tarapyndan alnandan altmyşynjy günden;

w) ähli beýleki halatlarda - ýük daşamak şertnamasynyň baglaşylan gününden soň üç aýyň geçmegi bilen.

 

712 madda. Hak isleýiş wagtynyň dowamyny togtatmak

 

1. Daşaýjy nägilelik babatda ýazmaça ýüz öwürmäni iberen gününe çenli ýazmaça reklamasiýanyň ýük daşaýja iberilen gününden başlap hak isleýiş wagty togtadylýar. Eger hak isleýiş wagtynyň içinde nägilelik bölekleýin ykrar edilse, reklamasiýanyň jedelli bölegi uçin dowam edýär. Reklamasiýa almagy we oňa jogap bermegi subut etmek guzaby olara esaslanýan şahsa ýüklenilýär. Şol bir predmege dahylly beýleki nägilelikler hak isleýiş wagtynyň dowamyny togtatmaýar.

2. Möhleti geçen talaplar garşylykly hak isleýiş ýa-da jedelleşmek arkaly peýdalanyp bilinmez.

 

§ 4. Birek-biregi çalyşýan daşaýjylar tarapyndan amala aşyrylýan daşaýyş

 

713 madda. Birek-biregi çalyşýan daşaýjylaryň jogapkärçiligi

 

Eger bir şertnama boýunça daşaýyş birek-biregi çalyşýan daşaýjylar tarapyndan amala aşyrylsa, onda olaryň her biri tutuş ýük daşamagyň amala aşyrylandygy üçin jogapkärçilik çekýär; ikinji we soňraky her bir daşaýjy ýük we nakladnoý almak arkaly şertnamanyň tarapy bolýar.

 

714 madda. Degişli dokumentleri bermek borjy

 

1. Öňki daşaýjydan ýüki kabul edýän daşaýjy ýüki alandygyna güwä geçýän, sene goýulan we gol çekilen dokumenti bermäge borçludyr. Nakladnoýyň ikinji nusgalygynda ol öz adyny we adresini görkezmelidir. Zerur mahalynda ol şu Kodeksiň 688 maddasynyň 2 punktunda göz öňünde tutulan şertleri we ýüki alandygynyň güwänamasyny nakladnoýyň ikinji nusgalygyna girizýär.

2. Birik-biregi çalyşýan daşaýjylaryň özara gatnaşyklary şu Kodeksiň 689 maddasy bilen düzgünleşdirilýär.

 

715 madda. Birek-biregi çalyşýan daşaýjylar babatda zyýanyň öwezini dolmak talaby

 

Garşylykly hak isleýişden ýa-da jedelleşmekden özge, ýitirmek, zaýalanmak ýa-da ýük daşalmagyny gijikdirmek netijesinde zyýanyň ööwezini dolmak hakyndaky talap diňe birinji, soňky ýa-da ýük daşamak amala aşyrylanda ýüki ýitiren, zaýalan ýa-da ýük tabşyrmagy gijikdiren ýük daşaýjy babatda ulanylyp bilner; şol bir hak isleg ýük dşaýjylaryň birnäçesine bildirilip bilner.

 

716 madda. Zyýanyň öwezini dolmakda regres hukugy

 

Eger şu baba laýyklykda ýük daşaýjy eýýäm zyýaýayň öwezini dolan bolsa, ol aşakdaky halatlarda regres talabyna bolan hukuga eýedir;

a) eger ýüküň ýitirilmegine ýa-da zaýalanmagyna ýol beren ýük daşaýjy özüniň ýa-da birnäçe ýük daşaýjylaryň öwezini dolmaga degişli zyýanyny özi tölemeli bolsa;

b) eger ýitirilmek ýa-da zaýalanmak ýük daşaýjylaryň ikisi ýa-da birnäçesi tarapyndan ýol berlen bolsa, onda olaryň her biri jogapkärçiligiň degişli paýyndaky summany tölemelidir; eger muny belli etmek mümkin bolmasa, olaryň her biri alnan hak paýyna degişli gatnaşykda jogapkärçilik çekýär;

w) eger ýük daşaýjylaryň haýsy birine tölemek borjunyň ýüklenendigini belli etmek mümkin bolmasa, onda ýük daşaýjylaryň ählisi şu maddanyň „b“ kiçi punktunda görkezilen gatnaşykda tölemelidir.

 

717 madda. Daşaýjynyň tölege ukypsyzlygynyň netijeleri

 

Eger ýük daşaýjylaryň biri tölege ukypsyz bolsa, onda onuň tölemeli, ýöne tölemedik summasy olaryň alan hakynyň paýyna proporsionallykda galan ýük daşaýjylaryň arasynda paýlanylýar.

 

718 madda. Amala aşyrylan regres hukugyna jedelleşmek

 

Eger regres tertibinde talap bildirilen ýük daşaýjy proses hakynda degişli ýagdaýda duýdurylsa we prosese gatnaşyp bilse, şu Kodeksiň 716 hem-de 717 maddalaryna laýyklykda regres tertibinde talap bildirilen ýük daşaýjy suduň çözgüdi boýunça beýleki ýük daşaýjy tarapyndan tölenen summalaryň töleginiň dogrulygyny jedelleşjp bilmez.

 

719 madda. Birek-biregi çalyşýan daşaýjylaryň arasynda özara ylalaşyk

 

Daşaýjylar şu Kodeksiň 716 we 717 maddalarynda görkezilenlerden başga meseleler boýunça hem öz aralarynda ylalaşmaga haklydyrlar.

 

720 madda. Ylalaşyklaryň hakyky däldigi

 

1. Şu Kodeksiň 719 maddasyndan görkezilenlerden başga, şu babyň düzgünlerine göni ýa-da gytaklaýyn laýyk gelmeýän islendik ylalaşyk hakyky däldir.

2. Daşaýjynyň geçirýän ýüküň ätiýaçlandyryşyndan gelip çykýan talaplary we daşaýjynyň subut etmek guzaby başga şahsa geçirilýän islendik şu zeýilli ylalaşyk hakyky däldir.

 

13 BAP. TABŞYRYK

 

721 madda. Düşünje

 

Ynamdar tabşyryk şertnamasy boýunça ynanyjynyň adyndan we onuň hasabyna özüne tabşyrylan bir ýa-da birnäçe hereketleri etmäge borçludyr.

 

722 madda. Tabşyryk üçin hak

 

1. Ynanyjy diňe şertnamada ýa-da kanunda göz öňünde tutulan halatlarda ynamdara hak tölemäge borçludyr.

2. Eger işiň ýagdaýlary boýunça hereketiň diňe muzdly amala aşyrylmagyna garaşylsa, onda hak gürrüňsiz ylalaşylan diýlip hasap edilýär.

3. Eger hakyň möçberi kesgitlenmedik bolsa, onda haýsydyr bir nyrhnama bar bolan halatynda hak şol nyrhnama boýunça ylalaşylan hasaplanylýar, nyrhnama bolmadyk ýagdaýynda adaty hak hasap edilýär.

 

723 madda. Üçünji tarapa täzeden tabşyrmak

 

1. Ynamdar tabşyrygy hut özi ýerine ýetirmäge borçludyr, muny üçünji şahsa täzeden tabşyrmaga oňa rugsat berlen ýa-da onuň derän ýagdaýlara görä şeýle etmäge mejbur bolan halatlary muňa girmeýär. Kömekçi şahslaryň çekilmegine ýol berilýär.

2. Eger tabşyrygy üçünji şahsa ynanmak rutsat berilse, ynamdar öz borjuny başga birine ynanmagy hem şol şahsy seçip almagy üçin diňe öz üstüne düşýän günä üçin jogapkärçilik çekýär.

 

724 madda. Görkezmelerden yza çekilmek

 

1. Ynamdar ynanyjynyň görkezmelerini ýerine ýetirmäge borçludyr.

2. Eger ynamdar ýagdaýlardan ugur alyp, ynanyjy işleriň ýagdaýyny bilip şeýle yza çekilmäni makullar diýip çak etse, ynamdar ynanyjynyň görkezmelerinden yza çekilmäge bolan hukuga eýedir.

Ynanyjynyň görkezmelerinden yza çekilmekden ozal, ynamdar ynanyja habar bermäge we onuň çözgüdine garaşmaga borçludyr, muňa haýallyk edilmegi ýerine ýegirmek üçin howp döredip biljek halatlary girmeýär.

3. Eger ynamdar tarapyndan ynanyjyinyň görkezmeleriniň ýerine ýetirilmegi oňa ep-esli zyýan ýetirse, ynamdar ynanyja zyýan hakynda habar beren halatynda, emma ynanyjy öz görkezmelerini üýtgetmedik halatynda, diňe şonda onuň görkezmelerini ýerine ýetirip biler.

 

725 madda. Maglumatlary we hasabat bermek borjy

 

1. Ynamdar ynanyjynyň talap etmegi boýunça oňa zerur maglumatlary bermäge, işiň ýagdaýy hakynda ony habarly etmäge, tabşyrygy ýerine ýetirenden soň hasabat bermäge borçludyr.

2. Şu maddanyň 1 punktunda görkezilen ynamdaryň geljekde borçlaryny çäklendirýän ýa-da aýyrýan ylalaşyk ýazmaça formany talap edýär.

 

726 madda. Ýaşyrynlyk

 

1. Eger kanunyň esasynda syry açmak borjy bolmasa ýa-da ynanyjy ynamdara syry açmaga rugsat bermese, ynanyjy syry saklamakda doly ygtyýarlylyk bilen gyzyklansa, ynamdar öz işiniň çäklerinde özüne mälim bolan faktlary jar etmezlige borçludyr.

2. Syry açmazlyk borjy şertnamalaýň gatnaşyklar tamamlanendan son hem hereket edýär.

 

727 madda. Ýerine ýetirmegiň netijelerini ynanyja bermek borjy

 

1. Ynamdar tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin alan ýa-da ony ýerine ýegirmegiň netijesinde edinen zatlarynyň hemmesini ynanyja bermäge borçludyr.

2. Eger ynamdar özüniň ynanyja bermeli ýa-da onuň bähbitleri üçin peýdalanmaly puluny öz maksatlary üçin peýdalansa, onda ol şony öz bähbitlerine ulanan wagty üçin şol pula prosentleri hasaplap goşmaga borçludyr.

 

728 madda. Ynanyjynyň emlägi

 

Ynamdar tarapyndan ynanyjynyň hasabyna we öz adyndan edinen emlägi tabşyrylan hereketi ýa-da ynanyjy tarapyndan ýerine ýetirmek üçin oňa berlen tabşyrygy amala aşyrakda, ynamdaryň kreditorlar bilen gatnaşyklarynda ynanyjynyň emlägi diýlip hasap edilýär.

 

729 madda. Çykdajylaryň öwezini dolmak

 

Ynanyjy tabşsrygy ýerine ýetirmek maksady bilep ynamdarşş eden we onuň ýagdaýdan ugur altp zerur hasap etmäge hakly bolaýa çykdajylarynyň öweziki dolmaga borçludyr.

 

730 madda. Awans tölemek borjy

 

Ynamdaryň talap etmegi boýunça ynanyjy tabşyrygy ýerine ýetirmek uçin zerur bolan çykdajylary tölemek üçin oňa awans tölmäge borçludyr.

 

731 madda. Günäsiz gelen zyýanyň öwezini dolmak

 

1. Eger zyýan tabşgrygy ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ep-esli howp netijesinde ynanyjynyň görkezmesi zerarly bolan bolsa, ynanyjy tabşyryk ýerine ýetirilende ynamdarda öz günäsi bilen bolmadyk zyýanyň hem öwezini dolmaga borçludyr.

2. Eger dörän zyýan hak hasabyna tölenmeli bolsa ýa-da zyýan ynamdaryň hereketleri netijesinde dörese, şu maddanyň 1 punktunda göz öňünde tutulan talap ýüze çykmaýar. Eger zyýany töemek hak bilen jedelli bolsa, subut etmek borjy ynamdaryň üstüne ýüklenilýär.

 

732 madda. Günäli hereketler bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

Eger tabşyryk ynamdar tarapyndan muzdsuz ýerine ýetirilse, onda ol diňe bilkastdan ýa-da seresalsyzlyk zerarly ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekýär.

 

733 madda. Şertnamany  ýatyrmak

 

1. Ynanyjy islenlik pursatda tabşyrygy goýbolsun edip, ynamdar bolsa tabşyryk şertnamasyny ýatyryp biler.

2. Haçanda diňe tabşyrylan hereketleri amala aşyrmak üçin ynanyjynyň başga çäreleri görmäge mümkinçiligi bolanda ynamdar şertnamany ýatyryp biler, şertnamany şobada ýatyrmak üçin esasly sebäp bolan halatlary muňa girmeýär. Eger ynamdar şertnamany şobada we esasly sebäpsiz ýatyrsa, onda ol şunda bilen ynanyja ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmaga borçludyr.

3. Eger şertnama ynanyjy tarapyndan togtadylsa, onda ol tabşyrylan hereket amala aşyrylanda ynamdar tarapyndan çekilen zerur çykdajylaryň hemmesini ynamdara tölemäge, eger şertnama muzdly bolsa, ýerine ýetirilen işiň möçberine laýyklykda hak tölemäge borçludyr.

 

734 madda. Ynanyjynyň ölmegi ýa-da kämillik ukybynyň ýokdugy

 

Ynanyjynyň ölmegi ýa-da onuň kämillik ukuby ýok diýlip yglan edilmegi netijesinde, eger tabşyrygyň mazmunyndan başgaça ýüze çykmasa şertnama togtadylmaýar.

2. Eger şertnama ynanyjynyň ölmegi ýa-da onuň kämillik ukyby ýok diýlip yglan edilmegi zerarly şertnama togtadylmaly bolsa, onda tabşyrygy togtatmak netijesinde amatsyz netijeleriň ähtimallygynda ynanyjnyň mirasdary ýa-da kanuny wekili öz bähbitlerini goramak üçin başga çäreleri görýänçä ynamdar öz borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirýär.

 3. Eger ynanyjynyň ölmegi ýa-da onuň kämillik ukyby ýok diýlip yglan edilmegi netijesinde şertnama togtadylsa, onda şertnamany togtatmagyň esaslary hakynda oňa habar berilýänçä, ynamdaryň haýryna uzaldylan diýlip hasap edilýär.

 

735 madda.Ynamdaryň ölmegi

 

1. Ynamdaryň ölmegi bilen, eger tabşyrygyň mazmunyndan başga zat gelip çykmasa, şertnama togtaýar.

2. Eger tabşyrygyň togtadylmagy ynanyjy üçin amatsyz netijelere getirse, mirasdar ynamdaryň ölendigi hakynda ynanyja şobada habar bermelidir we tabşyrygy ýerine ýetirmegini dowam etdirmelidir. Ynanyjy öz bähbitlerini goramak üçin başga çäreler görýänçä, ynamdaryň mirasdary tabşyrygy ýerine ýetirmegini dowam etdirýär.

 

14 BAP. EÝEÇILIGI YNANÇLY DOLANDYRMAK

 

736 madda. Düşünje

 

1. Eýeçiligi ynançly dolandyrmak şertnamasy boýunça eýeçiligiň eýesi (bir tarap) ynançly dolandyryja (beýleki tarapa) kesgitlenen möhlet bilen gozgalýan ýa-da gozgalmaýan emlägi ýa-da ony ynançly dolandyrmak hukugyny berýär, beýleki tarap bolsa olary kabul edýär we eýeçiligiň eýesiniň bähbitleri üçin bulary dolandyrmagy amala aşyrmaga borçlanýar.

2. Eýeçiligi ynançly dolandyrmaga berilmegi oňa bolan eýeçilik hukugynyň ynançly dolandyryja geçmegine eltmeýär.

(2010-njy ýylyň 25-nji sebtýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3,63-nji madda)

 

737 madda. Ynançly dolandyryjynyň hukuklary we borçlary

 

1. Ynançly dolandyryjy ynanylan eýeçilige öz adyndan, ýöne eýeçiligi ynanyjynyň töwekgelliginiň we çykdajylarynyň hasabyna ygtyýar etmäge borçludyr. Şunda gozgalmaýan emläk babatda kadalar hereket edip, ony özünden aýyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar eýeçiligiň eýesi bilen ylalaşylmalydyr.

2.Ynançly dolandyryjy üçünji şahslar bilen özara gatnaşyklarynda eýeçilik eýesiniň doly ygtyýarlyklaryndan peýdalanýar. Eger ynançly dolandyryjy ynanyjynyň bähbitleriniň garşysyna onuň hususy işleri babatynda görkezmeli paýhasyny gökezmese, onda ol şu hereket bilen ýetiren zyýanyny tölemäge borçludyr.

(2010-njy ýylyň 25-nji sebtýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3,63-nji madda)

 

738 madda. Eýeçiligi ynançly dolandyrmak bilen baglanyşykly çykdajylary tölemek

 

1. Eger taraplaryň ylalaşygy arkaly başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ynançly dolandyryjy eýeçiligi ynanmak bilen baglaynyşykly iş üçin ynanyjydan hak almaýar.

2. Eýeçiligi ynançly dolandyrmak bilen baglanyşykly ähli çykdajylar ynanyjynyň üstüne ýüklenilýär.

3. Zadyň miweleri eýeçiligi ynanyjyda galýar.

 

739 madda. Eýeçiligi ynançly dolandyrmak şertnamasynyň görnüşi

 

1. Eýeçiligi ynançly dolandyrmak şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

2. Eger-de şertnamanyň mazmuny gozgalmaýan emläk bolup durýan bolsa, onda ol döwlet tarapyndan jemagat reýestrinde bellige alynmaga degişlidir we şertnama bellige alnan pursadyndan başlap baglaşylan diýlip hasap edilýär.

(2010-njy ýylyň 25-nji sebtýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3,63-nji madda)

 

740 madda. Ynançly dolandyryjynyň jogapkärçiligi

 

Üçünji şahslar bilen özara gatnaşyklarda jogapkärçiligi ynançly dolandyryjy çekýär.

 

741 madda. Tabşyryk şertnamasynyň kadalaryny ulanmak

 

Eýeçiligi ynanyjy babatda tabşyryk şertnamasynyň degişli kadalary ulanylýar.

 

15 BAP. TRANSPORT EKSPEDISIÝASY

 

742 madda. Düşünje

 

1. Ekspedisiýanyň şertnamasy boýunça ekspeditor zakazçynyň adyndan we onuň hasabyna ýük daşamak bilen baglanyşykly hereketleri amala aşyrmaga borçlanýar. Zakazçy ylalaşylan haky tölemäge borçludyr.

2. Ekspedisiýa babatda, eger şu bapdan başgaça gelip çykmasa, tabşyryk şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

743 madda. Ekspeditordan päk ýürekliligi talap etmek

 

Ekspeditor päk ýüreklilik bilen ýüki ibermelidir, ýük daşamaga gatnaşýan şahslary saýlamalydyr, zakazçynyň bähbitlerini berjaý etmelidir we onuň görkezmelerini ýerine ýetirmelidir.

 

744 madda. Zakazçynyň borçlary

 

1. Zakazçy ekspeditoryň talap etmegi boýunça ýük hakyndaky  habary oňa öz wagtynda bermelidir, şeýle hem daşaýjy dokumentleri resmileşdirmek üçin zerur bolan görkezmeleri bermelidir, gümrük we beýleki hereketleri amala aşyrmak hakyndaky we zerur halatda gümrük tölegleriniň geçirilendigi hakyndaky zerur maglumatlary bermelidir. Mundan başga-da zakazçy görkezilen maglumatlaryň dogrudygyny tassyklaýan zerur dokumentleri bermelidir.

2. Howpy özünde saklaýan ýükler daşalanda zakazçy howpuň anyk görnüşi hakynda ekspeditory habarly etmelidir we zerur mahalynda oňa howpsuzlyk çärelerini duýdurmalydyr.

3. Howpsuzlygy barada ekspeditora mälim bolmadyk ýük zyýanyň öwezini dolmak borjuny ýüklemezden islendik wagtda we islendik ýerde düşürilip, ýok edilip ýa-da howpsuzlandyrylyp bilner.

4. Eger muny harydyň görnüşi talap etse, zakazçy ýük daşamagyň talaplaryna laýyklykda ony gaplamalydyr.

5. Eger ýüküň indentifikasiýasy üçin tanadyjy belgiler zerur bolsa, ýüküň eltilmegine çenli takyk görner ýaly belgilenmelidir.

6. Zakazçy şu maddanyň öňki punktlarynda göz öňünde tutulan talaplaryň ýerine ýetirilmezligi netijesinde ekspeditora ýetiriljek zyýan üçin jogapkärçilik çekýär, ekspeditor ýüküň şu maddanyň 3 we 4 punktlaryna laýyk gaplanmandygy ýa-da tanadyjy belgileriň ýokdugy ýa-da olaryň kemçilikleri hakda, oňa munuň aýdyňdygyna ýa-da ýüki kabul edende bu hakda maglumatlaryň onda bolandygyna garamazdan, bellik etmedik halatlary muňa girmeýär.

 

745 madda. Harydyň sanma-san barlagy

 

Zakazçy aýratyn hak tölemek şerti bilen, ýüki kabul eden mahalynda sanma-san barlamagy eksleditordan talap edip biler.

 

746 madda. Ýüki ätiýaçlandyrmak borjy

 

Ýüki ätiýaçlandyrmak, bu hakda diňe zakazçydan görkezme alan halatynda, eksleditoryň üstüne ýüklenilýär.

 

747 madda. Ekspedisiýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy

 

Eger zakazçy açyk ýüz öwürýändigini ýazmaça formada mälim etmese, ekspeditor öz saýlap alan ätiýaçlandyryş guramasy bilen zakazçynyň hasabyna zakaz ýerine ýetirilende ekspeditoryň hereketleri bilen zakazça ýetiriljek zyýandan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmaga borçludyr. Ekspeditor ekspedisiýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny özüniň kim bilen baglaşandygyny zakazça habar bermelidir.

 

748 madda. Zyýan hakynda öz wagtynda habar bermek borjy

 

Şu Kodeksiň 747 maddasyna laýyklykda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň esasynda zakazçy zyýan hakynda öz wagtynda habar bermek barada peýdalanmalydyr. Eger zyýan hakyndaky habar eksleditora iberilse, ol şobada habary ätiýaçlandyryş guramasyna ýa-da ätiýaçlandyryş guramalaryna ibermelidir.

 

749 madda. Harydy almazlygyň netijeleri

 

Eger bellenilen ýerde alyjy ýüki almasa ýa-da başga esaslar boýunça ýüki kabul etmek mümkin bolmasa, ekspeditoryň hukuklary we borçlary ýük daşamagyň kadalary boýunça kesgitlenýär.

 

750 madda. Ýük kabul edilende onuň ýagdaýyny barlamagyň mümkin bolmazlygy

 

Eger taraplaryň gatnaşmagynda ýüküň ýagdaýyny barlamak mümkin bolmasa, onda tersine subut edilýänçä, ýüküň kabul edilmegi ýüküň kemçiliksiz we zaýalanmasyz kabul edilendiginiň tassyklanmasy diýlip hasap edilýär, alyjynyň ýüki tabşyryja zyýanyň umumy häsiýetini görkezen halatlary muňa girmeýär. Eger ýüküň kem gelmegi ýa-da zaýalanmagy açyk häsiýetde bolsa, onda ýüküň kabul edilen gününde ýa-da kem gelmegiň ýa-da zaýalanmalaryň başga halatlarynda ýük kabul edilenden soň üç günden gijä galman bu hakda habar berilmelidir.

 

751 madda. Öz güýjüň bilen ýük daşamak hukugy

 

1. Eger başga ylalaşyk bolmasa, ekspeditor öz güýçleri bilen ýüki getirmäge haklydyr. Bu hukugyň amala aşyrylmagy zakazçynyň hukuklaryna we bähbitlerine garşy gelmeli däldir.

2. Eger ekspeditor bu hukugy peýdalansa, onda ol şol bir wagtda ýük daşaýjynyň hukuklaryny we borçlaryny edinýär.

 

752 madda. Ekspeditoryň jogapkärçiligi

 

Ekspedisiýa şertnamasyndan gelip çykýan borçnamalar boýunça, eger ekspeditoryň özi ýa-da onuň kömekçileri nämedir bir zatda günäkär bolsalar, kada bolşy ýaly, ekspeditor jogapkäriçilik çekýär.

 

753 madda. Üçünji şahs tarapyndan ýetirilen zyýan

 

Eger şertnama gatnaşýan üçünji şahs tarapyndan zyýan ýetirilse, zakazçynyň talap etmegi boýunça ekspeditor özüniň üçünji şahsa bolan talaplaryny oňa bermäge borçludyr, ýörite ylalaşyk esasynda zakazçynyň hasabyna we töwekgelçiliginiň hasabyna talaplary peýdalanmagy ekspeditoryň öz üstüne alan halatlary muňa girmeýär.

 

754 madda. Ekspeditoryň günäli hereketleri bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

1. Eger zyýan ekspeditor tarapyndan bilkastlaýyn ýa-da gödek seresapsyzlyk zerarly ýetirilse, ol özüniň jogapkärçiligini aýyrýan ýa-da çäklendirýän ýa-da subut etmek agyrlygyny geçirýän şu babyň düzgünlerine esaslanyp bilmez.

2. Eger zyýan kömekçiler tarapyndan bilkastlaýyn ýa-da gödek seresapsyzlyk boýunça ýetirilse, şol kada kömekçileriň şertnamadan daşary jogapkärçiligi babatda hem hereket edýär.

 

755 madda. Hak tölemegiň tertibi

 

Ekspeditor transport guramasynyň ýüküni berenden soň hak tölenmäge degişlidir.

 

16 BAP. DELLALÇYLYK

 

§1. Umumy düzgünler

 

756 madda. Düşünje

 

Şertnama baglaşmak mümkinçiligini ýüze çykarandygy üçin ýa-da şertnama baglaşylanda dellalçylyk edendigi üçin maklere hak tölemäge borç edinen adam, eger şertnama baglaşmaklyk onuň baglaşylmagyna mümkinçiligiň ýüze çykarylmagy netijesinde ýa-da dellalçylyk edilmegi netijesinde bolan halatynda, hak töleýär. Eger şertnama gaýra goýlan şert bilen baglaşylsa, onda dellalçylyk üçin hak bu şert gelip ýeten mahalynda talap edilip bilner. Eger hakyň möçberi bellenilmese, onda şeýle iş üçin adaty tölenilýän hak ylalaşylan diýlip hasap edilýär. Birinji we ikinji tekliplerden tapawutlylykda, zakazçynyň zyýanyna baglaşylan ylalaşyk hakyky däldir.

 

757 madda. Makleriň hyzmatynyň öwezini tölemek

 

1. Şertnamada göz öňünde tutulan, dellalçylyk işine degişli bolmadyk makler tarapyndan edilen hyzmat üçin hak makleriň işiniň netijesinde şertnamanyň baglaşyljakdygyna ýa-da baglaşylmajakdygyna garamazdan ylalaşylyp bilner.

2. Şu Kodeksiň 756 maddasyna laýyklykda makler awansy şertleşip ýa-da ony alyp bilmez.

3. Makleriň çykdajylary diňe ylalaşylan ýagdaýynda tölenilýär; bu kada şertnama baglaşylmadyk ýagdaýynda hem ulanlýar. Dellalçylyk şertnamasyny amala aşyrmak üçin zerurlyk bolmadyk çykdajylaryň tölenmegini nazarda tutýan ylalaşyk hakyky däldir.

 

758 madda. Eksklýuziw tabşyryk

 

1. Eger zakazçy belli bir wagtyň içinde beýleki makleriň hyzmatlaryndan (eksklýuziw tabşyryk) ýüz öwürmeli bolsa, onda makler şu wagtyň içinde şertnamanyň baglaşylmagyna ýardam etmelidir. Eger zakazçy görkezmeleiriň tersine hereket etse, onda makler, eger şertnama başga makleriň hyzmatlaryny peýdalanmak bilen baglaşylsa, zyýanyň tölenmegini talap edil biler. Şertnamada zyýanyň bolmagynyň subut edilişine görä zyýany tölemegiň jemi summasy nazarda tutulyp bilner. Eger şertnama satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmakdaky dellalçylyga dahylly bolsa, bu summa şertnamanyň bahasynyň iki prosentinden ýokary geçmeli däldir.

2. Bu kadalary berjaý etmezden we zakazçynyň zyýanyna baglaşylan ylalaşyk hakyky däldir.

3. Eksklýuziw tabşyryk hakyndaky ylalaşyk ýazmaça formada baglaşylýar.

 

759 madda. Dellalçylyk şertnamasyny ýatyrmak

 

1. Eger şertnamanyň möhleti kesgitlenmedik bolsa, dellalçylyk şertnamasy islendik pursatda togtadylyp bilner.

2. Eksklýuziw tabşyryk diňe möhüm ýagdaýlar bolan mahalynda ýatyrylyp bilner. Alty aýyň geçmegi, bilen ol haýsydyr bir möhletleri berjaý etmezden islendik möhletde ýatyrylyp bilner. Eger muny baglaşylýan şertnamanyň görnüşiniň ýa-da predmetiniň aýratynlyklary talap etse, şertnamany ýatyrmak hukugy has uzak wagtyň içinde hem ýolberilmesiz diýlip ykrar edilip bilner.

 

760 madda. Maklere hak tölemäge ýol bermezlik

 

1. Eger üçünji şahs bilen baglaşylan şertnama maklere degişli predmete dahylly bolsa, maklere hak tölenilmegine ýa-da çykdajylaryň öweziniň dolunmagyna ýol berilmeýär. Aýratyn ýagdaýlaryň netijesinde zakazçynyň bähbitlerini amala aşyrmagynda maklere päsgel berip biljek zyýan ýüze çykjak bolsa, edil şeýle kada ulanylýar. Şol ýagdaýlar:

a) makler hukuk ýa-da ykdysady ýagdaýda üçünji şahsa gatnaşýan ýuridiki şahs, ýa-da jemgyýet bolsa;

b) üçünji şahs bolup hukuk ýa-da ykdysady ýagdaýda maklere gatnaşýan ýuridiki şahs ýa-da jemgyýet bolsa;

w) makler üçünji şahs bilen gulluk ýa-da zähmet gatnaşyklarynda dursa;

g) makler üçünji şahsyň äri ýa-da aýaly bolsa.

2. Eger makler üçünji şahs bilen şertnamanyň baglaşylmagyna çenli bu ýagdaýlar hakynda zakazçyny habardar etse, ol hak almak ýa-da çykdajylaryň öweznii dolmak hukugyna eýedir.

3. Eger başga şahs makleriň hasabyna hereket etse ýa-da şertnama üçünji şahsyň hasabyna baglaşylsa, şu maddanyň 1 punktunyň ka dasy ulanylýar.

4. Eger makler üçünji şahs üçin şertnamanyň tersine hereket etse, makler haka we çykdajylaryň öweziňiň dolunmagşa bolan hukugy ýitirýär.

5. Şu maddanyň 1, 2 we 3 punktlarynda göz öňünde tutulan kadalara ters gelýän ylalaşyk hakyky däldir.

 

§2. Ýaşaýyş jaýyny kireýine almak-bermekden dellalçylyk

 

761 madda. Ýaşaýyş jaý makleri

 

1. Ýaşaýyş jaýynyň kireýine almak-bermek şertnamasyny baglaşmak üçin (ýaşaýyş jaý makleri) dellal bolmagy borç edinýän şahsyň şertnamasy babatda, eger ýaşaýyş jaýyny kireýine almak-bermek şertnamasyndan başgaça ýüze çykmasa, dellalçylygyň umumy kadalary ulanylýar.

2. Işewür saparlarda predmeti turizm we ýaşaýyş dellalçylygy bolan şertnamalar babatda ýaşaýyş jaýyny kireýine almak-bermek dellalçylygy hakyndaky normalar ulanylmaýar.

 

762 madda. Hak almaga ýol bermezlik

 

1. Ýaşaýyş jaý makleriniň hak ýa-da çykdajylaryň öwezini dolmak hakyndaky talaby ýolberilmesizdir, eger:

a) şol ýaşaýyş jaýyny kireýine almak-bermek şertnamasy bilen eýýäm bar bolan kireýine almak-bermek gatnaşyklary uzaldylýan ýa-da ol başga hili üýtgedilýän bolsa;

b) ýaşaýyş meýdanyna bolan kireýine almak-bermek şertnamasy baglaşylyp, ony dolandyrmagy makler amala aşyrýan bolsa.

2. Ýaşaýyş jaý makleri özüniň ýaşaýyş jaýyny kireýine almak-bermek şertnamasyny baglaşmak babatdaky amala aşyrýan hereketleri üçin öweziniň tölenmegini talap edip bilmez, şu Kodeksiň 757 maddasynyň 1 punktunda göz öňünde tutulan hak muňa girmeýär.

3. Zakazçynyň zyýanyna baglaşylan şertnama hakyky däldir.

 

§ 3. Karz alyş-berişdäki dellalçylyk

 

763 madda. Karz alyş-beriş boýunça makler

 

Eger şu bapdan spesifik kadalar gelip çykmasa, karz alyş-beriş şertnamasy baglaşylanda dellal bolmaga borçlanýan şahsyň (karz alyş-beriş boýunça makler) şertnamasy babatda dellalçylygyň umumy kadalary ulanylýar.

 

764 madda. Şertnamanyň formasy

 

1. Şertnama ýazmaça formada baglaşylmalydyr.

2. Şertnamada karz alyş-berişiň belli bir prosentlerini görkezmek bilen karz alyş-beriş boýunça makleriň hakynyň möçberi görkezilmelidir. Mundan başga-da şertnamada aşakdakylar gökezilmelidir: karz alyş-berşiň möçberi, tölegiň möhleti, prosentleri we wagty, tölegiň hümmeti, prosentleriň möhletiniň, dowamlylygy we goşmaça çykdajylar, zakazçy tarapyndan tölenmäge degişli umumy summa, karz berijiniň familiýasy, ady we atasynyň ady we onuň adresi. Eger zakaz girew bilen üpjün edilen ýeri karz almak-bermäge ýa-da ýeri edinmek üçin berlen karza, şeýle hem zakazçynyň öz garaşsyz professional ýa-şa telekeçilik ýa wedomstwo ýa-da gulluk işi üçin peýdalanmaly zakazçynyň karz alyş-berşine dahylly bolsa, bu kadalar ulanylmaýar.

3. Şertnamanyň teksti karz bepmek hakyndaky towakganama bilen baglanyşykly bolmaly däldir. Karz alyş-beriş boýunça makler zakazça şertnamanyň kopiýasyny bermelidir.

 

765 madda. Haktölemek borjy

 

Zakazçy diňe eger dellalçylyk netijesinde karz alan bolsa, hak tölemäge borçludyr. Zakazçynyň bähbitleriniň zyýanyna baglaşylan şertnama hakyky däldir.

 

§ 4. Söwda makleri

 

766 madda. Düşünje

 

1. Söwda makleriniň hukuklaryna we borçlaryna beýleki adamlar üçin olara şertnamalaýyn gatnaşyklaryň esasynda hemişelik ygtyýarly wekilleri bolup durmaýan, öz professional işi hökmünde harytlary ýa-da gymmatly kagyzlary edinmek ýa-da aýrybaşgalamak hakyndaky, ätiýaçlandyryş hakyndaky, ýük daşamalary hakyndaky, gämileri hakyna tutmak hakyndaky ýa-da söwda dolanyşygynyň beýleki obýektleri hakyndaky şertnamalarda dellalçylygy öz üstüne alýan şahs eýelik edýär.

2. Söwda makleri hakyndaky kadalar gaýry geleşiklerde ulanylmaýar, bellenilenlerden başga, mysal üçin gozgalmaýan emläk bilen geleşiklerdäki dellalçylyk, hatda eger dellalçylygyň söwda makleri tarapyndan amala aşyrylsa-da muňa degişli däldir.

 

767 madda. Şertnamanyň gutarnykly teksti

 

1. Eger diňe taraplar ýa-da ýerli kadalar söwda maklerini mundan boşatmasa, söwda makleri geleşik baglaşylandan soň şobada şertnamanyň özi tarapyndan gol çekilen gutarnykly tekstini taraplaryň her birine bermelidir, onda şertleşýän taraplar, geleşigiň predmeti we şertleri, hususan-da harytlar ýa-da gymmatly kagyzlar satylanda olaryň hili we mukdary, şeýle hem bahasy we ibermegiň möhleti görkezilýär.

2. Gaýragoýmazdan amala aşyrylmaýan geleşiklerde şertnamanyň gutarnykly teksti taraplara gol çekmek üçin berilýär hem-de taraplaryň her birine beýleki tarap tarapyndan gol çekilen şertnamanyň gutarnykly teksti iberilýär.

3. Eger taraplaryň biri şertnamanyň gutarnykly tekstini kabul etmekden ýa-da gol çekmekden ýüz öwürse, onda söwda makleri bu hakda gaýragoýmazdan beýleki tarapy habarly edýär.

 

768 madda. Şertleşilen tabşyryk

 

1. Eger taraplaryň biri şertnamanyň gutarnykly tekstini alsa, onda bolsa söwda makleri beýleki şertleşýän tarapyň görkezmesini özünde galdyrsa, onda ol tarap tarapyndan geleşik bilen baglanyşykly bolar, eger bu tarapyň garşysyna esasly garşylyk bildirilip bilinmese, onda bu geleşik geçen gün bilen görkeziler.

2. Beýleki tarap ýerli kadalara laýyklykda möhletiň çäklerinde görkezilýär, eger bu bolmadyk mahalynda ýagdaýlara laýyklykdaky möhletiň çäklerinde görkezilýär.

3. Eger şeýle görkezme edilmese ýa-da görkezilen şahsyň garşysyna esasly garşylyklar öňe sürülse, onda birinji tarap geleşigi ýerine ýetirmek hakyndaky talaby söwda maklerine bildirmäge hukuklydyr. Eger söwda makleriniň talaby boýunça bu tarap geleşigiň ýerine ýetirilmegini talap edýändigi hakynda şobada mälim etmese, onda talap aradan aýrylýar.

 

769 madda. Nusgalyklary saklamak

 

1. Eger taraplar ýa-la ýerli kadalar söwda maklerini mundan boşatmasa, harydyň ýagdaýy boýunça ol garşylyksyz kabul edilýänçä ýa-da geleşik başga hili amala aşyrylýança, söwda makleri özüniň dellalçylygynda nusga boýunça satylan her bir harydyň özüne berlen nusgasyny saklaýar.

2. Söwda makleri bellik etmek arkaly nusgany belleýär.

 

770 madda. Inkasso üçin ygtyýarlygyň ýokdugy

 

Söwda makleri tölegi ýa-da tölegiň şertnama arkaly şertlenilen gaýry formasyny kabul etmäge ygtyýarly diýlip hasap edilmeýär.

 

771 madda. Taraplaryň ikisiniň öňündäki jogapkärçilik

 

Söwda makleri öz günäsi boýunça ýetirilen ýitgiler üçin taraplaryň her biriniň öňünde jogap berýär.

 

772 madda. Taraplaryň ikisinden hem hak talap etmek hukugy

 

Eger taraplaryň arasynda maklerçilik hakyny kimiň tölemelidigi hakynda ylalaşyk bolmasa, onda gaýry ýerli kadalar bolmadyk mahalynda taraplaryň her biri hakyň ýarysyny tölemelidir.

 

773 madda. Jurnal

 

Söwda makleri jurnal ýöretmäge hem-de ähli baglaşylan geleşikleri her gün oňa girizmäge borçludr. Ýazgylar hronologik tertipde geçirilýär hem-de şu Kodeksiň 767 maddasynda görkezilen maglumatlar bolmalydyr. Girizilen maglumatlara her gün söwda makleri tarapyndan gol çekilýär.

 

774 madda. Jurnaldan göçürmeler

 

Söwda makleri taraplara olaryň talap etmegi boýunça jurnaldan özi tarapyndan gol çekilen goçürmeleri islendik wagtda bermäge borçludyr hem-de bu göçürmelerde özüniň dellalçylygynda, baglaşylan geleşikler babatynda özüniň ähli ýazanlary bolmalydyr.

 

17 BAP. SÖWDA WEKILI

 

775 madda. Düşünje

 

Pişe bilen özbaşdak meşgullanýan hökmünde geleşiklerde başga telekeçi (telekeçiler) üçin hemişelik dellalçylyk etmek ýa-da olary onuň adyndan baglaşmak tabşyrylan şahs söwda weknlidir. Öz işini esasan erkin gurap we öz iş wagtyny erkin kesgitläp bilýän şahs özbaşdakdyr.

 

776 madda. Söwda wekiliniň borçlary

 

Söwda wekili öz işleýän telekeçisi üçin maliýe hasabatyny bermelidir. Ol ylalaşylan möhletlerde, eger möhletler ylalaşylmadyk bolsa, her kwartal gutarandan soň on günüň içinde, ýazmaça formada ähli amala aşyrylan geleşikler hakyndaky maglumatlary hem-de hyzmatlar üçinn hakyň hasaplaşyklaryny telekeçä bermäge borçludyr.

 

777 madda. Hakyň tölenmegi

 

1. Eger telekeçi geleşigi amala aşyran bolsa, söwda wekiliniň hak almaga hukugy bardyr.

 2. Eger üçünji tarapyň ýerine ýetirmegi geçirmejekdigi aýdyň kesgitlense, onda haka bolan hukuk hakyky däldir; eýýäm alnan summalar gaýtarylyp berilmelidir.

 3. Eger telekeçiniň geleşigi doly ýa-da kem-käsleýin amala aşyrmandygy ýa-da ony ylalaşylyşy ýaly amala aşyrmandygy aýdyň kesgitlenen halatynda hem söwda wekili haka bolan hukuga eýedir. Eger amala aşyrylmadyk geleşik telekeçä bagly bolmadyk ýagdaýlara esaslanan halatynda haka bolan hukuk hakyky däldir.

4. Telekeçi ylalaşygyň baglaşylan aýynyň ahyrynda söwda wekiline hak töleýär.

5. Söwda wekiliniň zyýanyna şu maddanyň kadalaryndan yza çekilmäge ýol berilmeýär.

 

778 madda. Hakyň möçberleri

 

1. Eger hakyň summasy ylalaşylmadyk bolsa, onda ol bu iş çygryndaky ylalaşylan adaty stawka hasap edilýär.

2. Hak telekeçiniň ýa-da üçünji tarapyň tölemeli summasyndan ugur alnyp hasaplanylýar. Tölegde ýeňillikler nagt berilmeýär; eger diňe goşmaça çykdajylar üçünji tarapyň aýratyn hasabyna goşulmaşa, goşmaça çykdajylar babatynda, hususan-da daşamak, gaplamak, gümrük, salgytlar üçin goşmaça çykdajylar babatda hem edil şu ýagdaý hereket edýär.

3. Peýdalanmaga bermek hakyndaky şertnamalar we belli  bir dowamlyk bilen peýdalanmak şertnamalary baglaşylanda hak haçan-da uçünji tarapyň şertnamany ýatyryp biljek pursatyndaky summanyň ululygyndan ugur alnyp hasaplanylýar: eger şertnama hereket etmegini dawam etdirse, söwda wekili mundan beýläkki degişlilikde hasap edilen haka bolan hukuga eýedir.

4. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahalynda hak ätiýaçlandyrylan summadan hasap edilýär. Eger bu summa kesgitlenmese, onda hak ätiýaçlandyryş wznosyna proporsionallykda hasap edilýär.

 

779 madda. Aýratyn hak

 

1. Eger söwda wekili geleşik boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin zamun bolmaga borçlansa, onda ol aýratyn haka dalaş edip biler; bu hukuk geljekden aýrylyp bilinmez. Borçnama diňe belli bir geleşik boýunça ýa-da üçünji taraplar tarapyndan kesgitlenen geleşikler boýunça alnyp bilner, bu geleşiklerde söwda wekili dellalçylyk edýär ýa-da olary özi baglaşýar. Borçnamalaryň kabul edilmegi ýazmaça formany talap edýär.

2. Aýratyn haka bolan hukuk geleşigiň baglaşylmagy bilen ýüze çykýar.

 

780 madda. Bäsdeşlik hakynda şert

 

1. Söwda wekilinde telekeçiniň razylygy bolmasa, müşderileriň territoriýasynyň ýa-da töwereginiň, ýa-da çygrynyň daşynda hereket etmäge haky ýokdur, olaryň çäklerinde söwda wekili telekeçi üçin dellalçylygy ýa-da geleşikleriň baglaşylmagyny, ýa-da bäsdeşlik ediji telekeçiniň işine (bäsdeşlik hakyndaky şert) göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşylmagyny amala aşyrýar, başga kärhana maliýe taýdan gatnaşmak halatlary muňa girmeýär. Eger şertnamalaýyn gatnaşyklara girişilende telekeçä şeýle gatnaşmak fakty hakynda mälim bolan bolsa, bäsdeşlik ediji telekeçiniň işine gatnaşmaga bolan razylyk berlen diýlip hasap edilýär.

2. Söwda wekili tarapyndan bu borçnama bozulan halatynda telekeçi zyýanyň öweziniň dolunmagyny talap edip biler; mundan başga-da telekeçi bäsdeşlik ediji telekeçi üçin baglaşylan geleşikleriň özüne berilmegini, şeýle geleşiklerden alnan girdejiniň yzyna gaýtarylmagyny ýa-da talap edilýän girdejiden ýüz öwürmegini söwda wekilinden talap edip biler.

3. Eger bäsdeşlik hakyndaky şertiň şertnamalaýyn gatnaşyklar gutarandan soň hem hereket edýändigi şertnama tarapyndan göz öňünde tutulsa, onda telekeçiniň munuň öwezini tölän mahalynda şeýle şert hakykydyr, bu kompensasiýa şu Kodeksiň 782 maddasynyň kadalary boýunça hasaplanylýar. Şeýle ylalaşyk bir ýyldan köp bolmadyk möhlet üçin ýol bererlidir.

 

781 madda. Şertnamanyň hereket edişi

 

1. Eger şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, söwda wekili bilen şertnama bir ýyl möhlet bilen baglaşylýar. Eger taraplaryň hiç birisi-de şertnamanyň hereket ediş möhletiniň tamamlanmagyna çenli üç aý galanda ony ýatyrmak hakynda mälim etmese, onda şertnamanyň hereket edişi ýene-de bir ýyl uzaldylan diýlip hasap edilýär.

2. Munuň üçin düýpli ýagdaýlar bolan mahalynda şertnamalaýyn gatnaşyklary haýal etmän togtatmak mümkindir.

 

782 madda. Kompensasiýa bolan hukuk

 

1. Söwda wekili şertnamalaýyn gatnaşyklaryň tamamlanmagy bilen eger we aşakdakylara görä telekeçiden deň möçberli kompensisiýany talap edip biler:

a) telekeçi şertnamalaýyn gatnaşyklar tamamlanandan soň hem söwda wekiliniň agtaran täze müşderileri bilen işjeň gatnaşyklardan ep-esli peýda alýar;

b) söwda wekili şertnamalaýyn gatnaşyklaryň tamamlanmagy netijesinde özüniň agtaran müşderileri bilen eýýäm baglaşylan ýa-da geljekde amala aşyryljak geleşikler dowam etdirilende özüniň alyp biljek haka bolan hukugyny ýitirýär.

2. Müşderini agtarmak söwda wekili tarapyndan müşderi bilen işjeň gatnaşyklarynyň düýpli giňeldilmegine deňleşdirilýär, munuň özi hojalyk gatnaşygynda täze müşderini agtarmaga laýyk gelýär.

3. Iň ýokary kompensasiýa bir ýyldaky haky düzýär, ol söwda wekiliniň işiniň soňky bäş ýyl üçin ortaça ululygy boýunça hasaplanandyr. Şertnamalaýyn gatnaşyklaryň has gysga dowamlylygynda iş döwri üçin hakyň ortaça ululygy kesgitleýjidir.

4. Kompensasiýa bolan hukuk şu halatlarda ýüze çykmaýar, eger:

a) söwda wekili şertnamalaýyn gatnaşyklary ýatyrsa, eger diňe telekeçiniň özüni alyp barşy munuň üçin esasly sebäp bermese ýa-da söwda wekilini ýaşy boýunça ýa-da keselliligi netijesinde öz işini dowam etdirmäge ukyply diýip hasap edip bolmasa;

b) telekeçi söwda wekiliniň günäsi netijesinde şertnamalaýyn gatnaşyklary ýatyrsa;

w) telekeçi bilen söwda wekiliniň arasyndaky ylalaşygyň esasynda söwda wekiliniň ýerine şertnamalaýyn gatnaşyklara üçünji şahs girse; şertnamalaýyn gatnaşyklaryň tamamlanmagyna çenli ylalaşyk baglaşylyp bilinmez.

5. Kompensasiýany talap etmäge bolan hukuk geljekden aýrylyp bilinmez. Bu talaby şertnamalaýyn gatnaşyklar tamamlanandan soň bir ýylyň içinde bildirip bolar.

 

18 BAP. KOMISSIONER

 

783 madda. Komissioner

 

Harytlaryň ýa-da gymmatly kagyzlaryň öz adyndan satyn alynmagyny ýa-da satylmagyny pişe hökmünde başga şahsyň (komitentiň) hasabyna özüne kabul edýän şahs komissionerdir.

 

784 madda. Komissioneriň borçlary

 

1. Komissioner öz üstüne alan geleşigini ynsaply söwdegäriň aladasy bilen ýerine ýetirmäge borçludyr: şonda ol koimitentiň bähbitlerini goraýar we onuň görkezmelerine eýerýär.

2. Komissioner komitente talap edilýän maglumatlary gowşurýar, hususan-da, komissiýanyň ýerine ýetirilişi barada haýal etmän habar berýär; ol komitente geleşik hakynda hasabat bermäge we oňa geleşigiň amala aşyrylyşyndan näme talap eden bolsa, şony-da bermäge borçludyr.

3. Komissioner eger geleşigiň, ýerine ýetirilendigi baradaky habary bermek bilen bir wagtyň özünde geleşik baglaşan üçünji şahsy hem görkezmese, onda ol geleşigiň berjaý edilendigi üçin komitentiň öňünde jogap berýär.

 

785 madda. Komitentiň görkezmeleri

 

Eger komissioner komitentiň görkezmelerine laýyklykda hereket etmeýän bolsa, onda ol bolsa ýeten zyýanyň öwezini dolduryp bermäge borçludyr: komitent bolsa, geleşigiň özi babatdaky hereketlerini ykrar etmäge borçly däldir.

 

786 madda. Nyrhyň çäkleri

 

1. Eger komissioner satuwy bellenileninden pes nyrhdan amala aşyran bolsa ýa-da satyn almak üçin oňa bellenip berlen nyrhdan ýokary geçse, onda komitent, geleşigi öz hasabyna (bähbidine) amala aşyrylmadyk hökmünde ret etmek islese, geleşigiň berjaý edilendigi hakyndaky habardan soň bu barada haýal etmän mälim etmelidir: eger munuň tersine bolsa, kesgitlenilen nyrhdan ýüz öwrülmegi makullanyldy hasap edilýär.

2. Eger komissioner geleşigiň berjaý edilendigi baradaky habar bilen bir wagtda nyrhdaky tapawudy tölemegi teklip etse, onda geleşikden ýüz öwürmäge komitentiň haky ýokdur. Komitentiň bahadaky tapawutdan ýokary geçýän zyýanyň öwezini doldurmaga bolan hukugy degilmesiz bolup galdyrylýar.

 

787 madda. Amatly şertnama

 

1. Eger komissioner komitentiň oňa belläp beren şertlerinden hem has amatly geleşik baglaşsa, onda ol komitentiň bähbidine bolýar.

2. Eger, hususan-da komissioneriň, satan nyrhy komitent tarapyndan kesgitlenilýän iň pes nyrhdan ýokary geçse ýa-da onuň satyň alan nyrhy komitent tarapyndan kesgitlenilen ýokary nyrh derejesine ýetmese, onda ol hereket edýär.

 

788 madda. Zaýalanan ýa-da kemçilikli komission haryt

 

Eger komissionere iberilmäge degişli haryt ugradyljak wagty zaýalanan ýa-da kemçilikli ýagdaýda duran bolsa, ol hem gözden geçirilende ýüze çykarylsa, onda dellal daşaýja ýa-da komitente degişli harydyň ýagdaýyny delillendirmek hakynda alada etmäge we komitente haýal etmän maglumat bermäge borçludyr: eger ol şuny etmese, onda ýeten zyýanyň öwezini tölemäge borçludyr.

 

789 madda. Komissioneriň haryt üçin jogapkärçiligi

 

1. Komissioner özüniň garamagynda saklanylýan harydyň, ýitendigi we zaýalanandygy üçin jogapkärçilik çekýär, eger diňe ýiten ýa-da zaýalanmak ýüze çykan ahwalatlara esaslandyrylmaýan bolsa, ynsaply kommersantyň aladaçyllygy şolaryň öňüni alyp bilmez.

2. Komissioner harydyň ätiýaçlandyryşynyň, ýokdugy üçin diňe komitent tarapyndan oňa ätiýaçlandyryşyny amala aşyrmak barada görkezme berlen ýagdaýynda jogapkärçilik çekýär.

 

790 madda. Awans. Kredit

 

1. Eger komissioner komitentiň razylygyny alman, üçünji şahsa awans hödürlän bolsa ýa-da kredit beren bolsa, onda komissioner özüni howp astynda goýýar.

2. Eger ýerli düzgünler satyn alnyş nyrhyny tölemekde möhleti uzaltmagy göz önünde tutýan bolsa, komitent tarapyndan başga görkezmeler ýok wagtynda muňa komissioneriň hem hukugy bolýar.

3. Eger dellalyň muňa doly ygtyýary bolman, kredite satýan bolsa, onda ol bergidar hökmünde komitente satyn alnyş nyrhyny haýal etmän tölemäge borçludyr, eger bar bolan nagt pula satylan wagtynda pes bolan bolsa onda dellal has pes nyrhyň, öwezini dolýar we eger soňky oňa bellenilen nyrhdan hem pes bolsa, şu Kodeksiň 786 maddasyna laýyklykda tapawudyny hem töleýär.

 

791 madda. Komissioneriň komission haky. Çykdajylaryň öweziniň dolunmagy

 

Eger geleşik ýerine ýetirilen bolsa, kommissioner komission haklaryny talap edip biler. Eger geleşik ýerine ýetirilmedik bolsa, muňa garamazdan, onuň tabşyryş kommission hakyny, eger ýerli düzgünler arkaly şeýle zatlar kabul edilen bolsa, almaga hukugy bardyr; ol, şeýle hem, onuň baglaşan geleşiginiň ýerine ýetirilmegi komitentiň şahsyýeti bilen baglanyşyklylykda amala aşyrylmadyk bolsa komission hakyny talap edip biler.

 

792 madda. Meňzeş geleşikler

 

1. Eger komissioner özüniň, söwdagärlik käri bilen meşgullanyp ýören wagtynda başgalaryň hasabyna hut öz adyndan şu Kodeksiň 783 maddasynda görkezileninden başga görnüşdäki geleşigi baglaşan halatynda hem şu babyň düzgünleri ulanylýar. Eger komissioner bolup durmaýan söwdagär özüniň söwdagärçilik käri bilen meşgullanyp ýören wagtynda görkezilen şekildäki geleşigi baglaşsa, ýene şol düzgünler hereket edýär.

2. Telekeçi tarapyndan satyň alynýan materialdan öndürilýän gozgalýan çalşyryp bolmajak zady öz predmeti bilen üpjün edýän komissiýa hem şu babyň düzgünleri babatynda satyn almak we satmak baradaky komissiýa hasap edilýär.

 

793 madda. Normalary ulanmak mümkinçiligi

 

Komissioneriň şu bap tarapyndan kadalaşdyrylmadyk meseleler babatdaky işi boýunça söwda wekili hakyndaky düzgünler ulanylýar.

 

19 BAP. SYLAG BERMEGI JEMAGAT ÖŇÜNDE WADA

BERMEK. KONKURS

 

794 madda. Düşünje

 

Haýsydyr bir hereketi amala aşyrandygy üçin, hususan-da belli bir netijäni gazanandygy üçin sylagy bellemek hakynda jemagat öňünde beýan eden şahs, jemagat öňünde wada berlen sylagy nazara almazdan, görkezilen hereketi amala aşyrana sylagy tölemäge borçludyr.

 

795 madda. Ýatyrmak

 

1. Sylag bermegi jemagat öňünde wada bermek diňe yglan edilen hereketiň ýerine ýetirilmegine çenli ýatyrylyp bilner. Eger jemagat öňünde wada bermek hakynda sylag wada bermek ýaly usul bilen yglan edilse ýa-da eger aýratyn habar bilen edilse, jemagat öňünde wada bermegiň ýatyrylmagy hakykydyr.

2. Sylag bermegi jemagat öňünde wada bermekde onuň ýatyrmak hukugyndan ýüz öwrülmegi görkezilip bilner: eger hereketi ýerine ýetirmek üçin möhlet görkezilmese, şübhe bolan mahalynda şeýle ýüz öwrülmegine düşünilýär.

 

796 madda. Sylagyň birnäçe şahs tarapyndan talap edilmegi

 

1. Eger sylag bellenilen hereket dürli şahslar tarapyndan amala aşyrylsa, onda sylaga bolan hukuga hereketi birinji amala aşyran şahs eýedir.

2. Eger hereket şahslaryň birnäçesi tarapyndan bir wagtda amala aşyrylsa, onda olaryň her biri sylagyň deň bölegine bolan hukuga eýedir. Eger sylag öz häsiýeti boýunça bölünip bilinmese ýa-da jemagat öňünde wada berilmegine laýyklykda ony diňe bir şahs almaly bolsa, onda sylagy almaly adam bije arkaly kesgitlenýär.

 

797 madda. Konkurs

 

Işiň gowy ýerine ýetirilendigi üçin esasynda baýrak bellemek ýatan sylagy jemagat öňünde wada bermek diňe konkurs yglan edilen mahalynda işi ýerine ýetirmek üçin möhlet kesgitlenende hakykydyr.

 

798 madda. Konkursyň şertleriniň üýtgedilmegine ýol bermezlik

 

Konkursa gatnaşyjylara zyýan ýetirip biljek üýtgetmeleriň konkurs şertlerine girizilmegine ýol berilmeýär.

 

799 madda. Ýeňijini kesgitlemek

 

Hödürlenen işlerden haýsysynyň ileri tutulmaga mynasypdygy hakyndaky karar konkurs yglan edilende görkezilen şahs tarapyndan kabul edilýär, şeýle adam bolmadyk mahalynda sylagy bellän şahs tarapyndan kabul edilýär. Şeýle karar ähli gatnaşyjylar üçin hökmandyr.

 

800 madda. Konkursda birnäçe şahsyň ýeňmegi

 

Deň derejedäki işler hödürlenende baýrak şu Kodeksiň 796 maddasynyň 2 punktunda göz öňünde tutulan kadalar boýunça berilýär.

 

801 madda. Ýerine ýetirilen işlere eýeçilik hukugy

 

Eger sylagy bellän şahs sylagy jemagat öňünde wada berende, ýerine ýetirilen iş üçin özüne eýeçilik hukugynyň berilmegini diňe şeýle bermäniň geçirilmelidigini görkezen halatynda, talap edip biler.

 

20 BAP. EMLÄGI SAKLAMAK

 

802 madda. Düşünje

 

Emlägi saklamak şertnamasy boýunça emlägi saklaýjy ýük beriji tarapyndan özüne berlen gozgalýan zady saklamaga borç edinýär.

 

803 madda. Emlägi saklamagyň muzdsuzlygy

 

1. Eger ylalaşyk arkaly başgaça bellenilmedik bolsa, emlägi saklamak muzdsuz amala aşyrylýar. Eger emläk saklaýjy saklamagy telekeçilik işiniň çäklerinde amala aşyrsa, onda hak bu hakda agözalmanda hem şertleşikli diýlip hasap edilýär.

2. Eger hakyň möçberi kesgitlenmese, onda tarifler bolanda tarif stawkasy ylalaşylan diýlip hasap edilýär, tarifler bolmadyk mahalynda adaty hak hasap edilýär.

 

804 madda. Muzdsuz-saklanylanda emläk saklaýjynyň borjy

 

Eger zat muzdsuz saklamak üçin kabul edilse, onda emläk saklaýjy adatça öz hususy işlerine garaýşy ýaly esewanlyk görkezmäge borçludyr.

 

805 madda. Üçunji şahsa saklamaga bermek

 

1. Ýük berijiniň razylygy bolmasa, zady üçünji şahsa saklamaga bermäge emläk saklaýjynyň haky ýokdur.

2. Eger üçünji şahsa saklamaga bermek ýük berijiniň razylygy bilen berilse, onda emläk saklaýjy diňe üçünji şahsy we saklamak ýerini saýlamakda öz üstüne düşýän jogapkärçiligi çekýär.

 

806 madda. Saklamak üçin tabşyrylan zady peýdalanmaga ýol bermezlik

 

Saklamak üçin özüne tabşyrylan zady ýük berijiniň, razylygy bolmazdan emläk saklaýjynyň peýdalanmaga haky ýokdur, muňa zatdan peýdalanmak zerur bolan halatlary girmeýär.

 

807 madda. Zat saklamak tertibini üýtgetmek

 

Emläk saklaýjy zerur mahalynda zat saklamagyň tertibini üýtgetmäge haklydyr. Emläk saklaýjy şeýle hem saklamak üçin tabşyrylan zada üçünji şahslaryň talaplary hakynda oňa habar bermäge borçludyr.

 

808 madda. Zadyň häsiýetleri bilen ýetirilen zyýany tölemek

 

Ýük beriji özüne saklamak üçin tabşyrylan zadyň saklanylmagy bilen ýetirilen zyýany emläk saklaýja tölemelidir, muňa zadyň howply häsiýetleri hakynda onuň bilmedik we bilip bilmejek halatlary girmeýär.

 

809 madda. Saklamak üçin tabşyrylan zady gaýtarmagyň möhleti

 

Ýük beriji bu zadyň gaýtarylmagyny islendik wagtda, saklamak möhleti bellenilmedik halatynda hem talap edip biler.

 

810 madda. Emläk saklaýjynyň zady yzyna almak hakyndaky talaby

 

1. Eger saklamak möhleti kesgitlenmedik bolsa, zady saklaýjy zady özüne almagy ýük berijiden islendik wagtda talap edip biler.

2. Emläk saklaýjy bu hukugy diňe ýük beriji başga hili ýagdaýda zady saklap biler ýaly amala aşyryp biler, muňa saklamak üçin tabşyrylan zady gaýtarmak üçin möhüm esas bolan halatlary girmeýär.

 

811 madda. Saklamak üçin tabşyrylan zadyň yzyna gaýtarylýan ýeri

 

Zadyň yzyna gaýtarylmagy şertnamada görkezilen ýerde bolup geçmelidir, muňa yzyna gaýtarmagyň başga ýeri hakynda ylalaşyk gazanylmadyk halatlary girmeýär. Daşamak boýunça çykdajylar ýük berijiniň üstüne ýüklenilýär.

 

812 madda. Saklamak üçin tabşyrylan zadyň miwelerini bermek borjy

 

1. Emläk saklaýjy saklanan wagtda alnan miweleri ýük berijä bermäge borçludyr.

2. Ýük beriji zat saklamak boýunça zerur çykdajylary emläk saklaýja tölemäge borçludyr.

 

813 madda. Niýeti ýa-da gödek seresapsyzlygy üçin emläk saklaýjynyň jogapkärçiligi

 

Eger saklamak üçin tabşyrylan zady yzyna gaýtarmak üçin möhlet bellenilmese, onda bu möhlet dolandan soňra emläk saklaýjy diňe niýeti ýa-da gödek seresapsyzlygy üçin jogapkärçilik çekýär.

 

814 madda. Hak tölemek borjy

 

Eger emlägi saklamak muzdly esasda amala aşyrylsa, onda ýük beriji şertnama togtadylanda emläk saklaýja şertleşilen hakyny tölemäge borçludyr.

 

815 madda. Saklamak üçin tabşyrylan zady saklap galmak hukugy

 

Emlägi saklamak bilen baglanyşykly degişli bolan hakyň alynmagyna we edilen çykdajylaryň tölenilmegine çenli emläk saklaýjy saklamak üçin tabşyrylan zady bermekden ýüz öwrüp biler.

 

816 madda. Kysymdaş zatlary saklamaga tabşyrmagyň aýratynlyklary

 

Eger eýeçilik emläk saklaýja geçer ýaly ýagdaýda, emläk saklaýjy bolsa şol kysymdaky zatlary, hilini we sanyny gaýtaryp bermäge borçly bolar ýaly ýagdaýda kysymdaş zatlar saklanylmaga berlen bolsa, suda şertnamasynyň degişli kadalary ulanylýar.

 

817madda. Myhmanhanalarda zady saklamaga tabşyrmagyň aýratynlyklary

 

Myhmanhanalar, sanatoriler we dynç alyş öýleri myhmanyň ýanynda bolan zadyň ýitirilmegi, ýok edilmegi ýa-da zaýalanmagy bilen ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekýärler. Bu kada, eger pul we gymmat bahaly zatlar aýratyn tabşyrylmadyk bolsa, şolar babatda degişli däldir.

 

818madda. Ýeňip geçip bolmajak güýç mahalynda jogapkärçilikden boşatmak

 

1. Eger ýeňip geçip bolmajak güýjüň täsiri bilen myhmanyň ýa-da onuň ýanyndaky şahsyň hereketi bilen ýa-da zadyň özüniň häsiýetleri bilen zyýan ýetirilse, jogapkärçilik aýrylýar.

2. Zyýany tölemek borjy awtomaşyna we onda goýulan zatlara degişli däldir.  

 

21  BAP. HARYT AMMARYNA SAKLAMAGA TABŞYRMAK

 

819 madda. Duşünje

Haryt ammaryna saklamaga tabşyrmak şertnamasy babatda, eger şu bapda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, emläk saklamak şertnamasy hakyndaky degişli düzgünler ulanylýar.

 

820 madda. Emläk saklamak baradaky borçnamalary päk ýürekden ýerine ýetirmek borjy

 

Ammar saklaýjy saklamak üçin özüne tabşyrylan harydy saklamak boýunça borçnamalaryny päk ýürekli hojalykçynyň paýhasy bilen ýerine ýetirmelidir.

 

812 madda. Emläk saklaýjy tarapyndan harydyň sanyny barlamak

 

1. Eger  şu babyň kadalaryndan başgaça kada gelip çykmasa, emläk saklaýjy harydy saklamak üçin kabul edende onuň mukdaryny, ölçeglerini, agramyny, görnüşini, hilini we gaýry häsiýetlerini barlamaga borçly däldir.

2. Eger emläk saklaýja saklamak üçin berlen haryt berlen mahalynda zaýalanan ýa-da komplektlenilmedik bolsa, ol daşyndan gözden geçirilende mälim bolsa, onda emläk saklaýjy bu hakda ýük berijä şobada habar bermäge borçludyr, eger ol bu borjy ýerine ýetirmese, onda ol zyýanyň öwezini tölemelidir.

 

822 madda. Saklamaga tabşyrylan harydy gözden geçirmek hukugy

 

Emläk saklaýjy ýük berijä tabşyrylan harydy iş wagtynyň içinde gözden geçirmäge, nusgalar almaga ýa-da zerur çäreleri amala aşyrmaga rusgat bermäge borçludyr.

 

823 madda. Habar bermek borjy

 

Emläk saklaýjy saklamaga tabşyrylan harydy başga ammara geçirmek hakda ýa-da eger harydyň häsiýeti üýtgändigini ýa-da munuň howpunyň bardygyny ýüze çykarsa, ýük berijä şobada habar bermäge borçludyr. Ol özüne mälim bolan ammar şahadatnamasynyň soňky eýesine habar bermelidir. Şu borjy ýerine ýetirmedik mahalynda, ol ýüze çykan zyýany tölemäge borçludyr.

 

824 madda. Zyýany tölemek borjy

 

Emläk saklaýjy özüne saklamak üçin berlen harydyň ýitirilmegi ýa-da zaýalanmagy bilen ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekýär, munuň öňüni almagy ynsaply emläk saklaýjynyň başaryp bilmejek halatlary muňa girmeýär.

 

825 madda. Kysymdaş zatlary saklamagyň aýratynlyklary

 

1. Kysymdaş zatlar saklananda emläk saklaýjy diňe şol bir görnüşdäki we häsiýetdäki zatlar bilen olary garyşdyrmaga bolan hukuga, eger şoňa rugsat bolan mahalynda eýedir.

2. Şeýle garyşdyrmak netijesinde emele gelen haryda ýük beriji umumy eýeçilik hukugyna eýedir. Her bir ýük berijiniň paýy olaryň tabşyran harydynyň sanyna laýyklykda kesgitlenýär.

3. Emläk saklaýjy galan ýük berijileriň razylygyny soramazdan, her bir ýük berijiniň oňa degişli paýyna laýyklykda harydy yzyna gaýtarmaga borçludyr.

 

826 madda. Saklamak üçin tabşyrylan harydy satmak

 

Eger saklamak üçin tabşyrylan haryt zaýalansa we üýtgese, netijede ol gymmatyny gaçyrsa hem-de emläk saklaýjyda habar bermek üçin wagt galmasa ýa-da ol bu hakda doly ygtyýarly şahsa habar berip bilmese, onda ol harydy satmaga doly ygtyýarlydyr. Harydyň satylmagyndan alnan summa ujundan ony saklamak we satmak boýunça çykdajylary aýyrmak bilen ýük berijä gowşurylýar.

 

827 madda. Ammar şahadatnamasy

 

Emläk saklaýjy harydy kabul eden mahalynda ýük berijä ammar şahadatnamasyny bermäge borçludyr.

 

828 madda. Ammar şahadatnamasynyň rekwizitleri

 

1. Ammar şahadatnamasynda aşakdakylar görkezilmelidir:

a) ammar şahadatnamasynyň berlen senesi we bellige alnan nomeri;

b) taraplaryň ady we adresi;

w) harydyň saklanýan ýeri;

g) saklanmaga degişli harydyň ýazgysy (sany, möçberleri ýa-da agramy) we onuň hili; gaby bolanda, gabynyň ýazgysy;

d) hakyň we gaýry zerur çykdajylaryň möçberi;

 ýe) eger saklamaga tabşyrylan haryt ätiýaçlandyrylmaga degişli bolsa, ätiýaçlandyryşyň bahasy;

j) şertnamanyň hereket möhleti:

z) emläk saklaýjynyň degişli möhür bilen tassyklanylan goly.

2. Eger şu maddada görkezilen şertler ammar şertnamasynda doly görkezilmedik bolsa, onda munuň özi taraplary jogapkärçilikden boşatmaýar.

Taraplar ammar şahadatnamasyna beýleki şertleri hem girizmäge haklydyr.

 

829 madda. Warrant

 

Ammar şahadatnamasyna eýelik ediji girew hakyndaky şahadatnamanyň kömegi bilen saklamak üçin tabşyrylan harydy ammarda haryt çykarylmaz ýaly ýagdaýda başga borçnamanyň üpjünçiligine kepillikler goýup biler.

 

830 madda. Orderlik ammar şahadatnamasy

 

Eger emläk saklaýjy orderlik ammar şahadatnamasyny berse, onda ol indossament arkaly üçünji şahsa berlip bilner.

 

831 madda. Indossirlenen ammar şahadatnamasy üçin jogapkärçilik

 

1. Eger ammar şahadatnamasy indossament arkaly berilse, emläk saklaýjy bu şahadatnama eýelik edijiniň öňünde onda görkezilen maglumatlaryň dogrudygyna jogapkärçilik çekýär, eger şahadatnamada bu maglumatlaryň ýük berijiniň ýa-da üçünji şahsyň habaryna esaslanýandygy açyk görkezilen halatlary muňa girmeýär.

2. Eger emläk saklaýjy maglumatlaryň dogry däldigi hakynda bilse, ol eger şu maddanyň 1 punktunda görkezilen belligi eden halatynda hem jogapkärçilik çekýär.

3. Emläk garyşyk saklananda şu maddanyň 1 punktunda görkezilen belligi etmäge emläk saklaýjynyň haky ýokdur.

 

832 madda. Indossamentiň dogrulygynyň prezumpsiýasy

 

1. Orderlik ammar şahadatnamasyny beren emläk saklaýjy saklamak üçin tabşyrylan harydy diňe ammar şahadatnamasynyň kanuny eýesine gaýtaryp bermäge borçludyr.

2. Eger girewlik ammar şahadatnamasy berilse, emläk saklaýjy onuň gaýtarylyp berilmegini talap etmelidir.

3. Emläk saklaýjy indossamentiň dogrudygyny barlamaga borçly däldir. Ammar şahadatnamasynda degişli ýazgy bilen onuň berlendigi tassyklanylýar.

 

833 madda. Ammar şahadatnamasynyň ýitmegi

 

1. Ammar şahadatnamasy ýa-da girew hakyndaky şahadatnama ýitirilende ýa-da ýok edilende olaryň kanuny eýesi suda arza bilen ýüz tutmaga hem-de ýitirilen dokumentiň hakyky däl diýlip ykrar edilmegini hem-de onuň ýerine täze şahadatnamanyň berilmegini talap etmäge haklydyr. Sud arza aýratyn önümçilik tertibinde garaýar.

2. Emläk saklaýjy suduň çözgüdiniň, esasynda ammar şahadatnamasyny we girew hakyndaky şahadatnamany gaýtadan berýär.

 

834 madda. Saklamaga tabşyrylan harydy girew goýmak

 

1. Saklamak üçin ammara tabşyrylan harydy girew goýmak üçin hususyýetçi girew hakyndaky şahadatnamada ýörite ýazgy etmelidir we onuň berilmegi şeýle geçirilmelidir.

2. Indossament ýük berijiniň we kreditoryň şahsyýeti hem-de borçnamanyň möçberi hakyndaky maglumatlary nazara almalydyr.

3. Saklamaga tabşyrmak hakyndaky şahadatnamany bermek barada emläk saklaýja habar berilýär, ol degişli bellik edýär.

 

835 madda. Ammar şahadatnamasynyň täze eýesine girew hukugynyň geçmegi

 

1. Harydy saklamak boýunça çykdajylar bilen baglanyşykly emläk saklaýjyda harydyň, onuň eýelik etmeginde durýança harydyň girew hukugy döreýär.

2. Eger ammar şahadatnamasy indossament arkaly berilse, girew hukugy täze eýesi babatda hereket edýär.

 

836 madda. Saklamaga tabşyrylan harydy yzyna almak talabyna ýol bermezlik

 

Bellenilen möhlet geçýänçä saklanylýan harydy yzyna almagy ýük berijiden talap etmäge emläk saklaýjynyň haky ýokdur, eger şeýle möhlet bellenilmese, onda tabşyrylandan soň üç aýyň geçmegine çenlidir. Eger saklamak möhleti kesgitlenmese ýa-da kesgitlenen möhletiň geçmegi bilen emläk saklaýjy ammarda harydy özünde saklaýar, ol diňe şertnama togtadylandan soň bir aýyň geçmegi bilen ýük berijiden harydy almagyny talap edip biler.

 

837 madda. Goşmaça möhleti bellemek

 

1. Eger saklamak möhletiniň geçmegi bilen ammar şahadatnamasynyň eýesi harydyň ammardan çykarylmagyndan boýun gaçyrsa, emläk saklaýjy oňa goşmaça iki hepdelik möhlet bellemelidir. Eger bu möhletde hem haryt alynmasa, emläk saklaýjy ony satmaga haklydyr.

2. Satmakdan alnan summa emläk saklaýja tölenmeli çykdajylary hasaplap aýyrmak bilen ammar şahadatnamasyna eýelik edijä berilýär.

 

22 BAP. ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

 

§ 1. Umumy düzgünler

 

838 madda. Düşünje

 

1. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça şertnamanyň şertlerine laýyklykda ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagy bilen ýetirilen zyýany ätiýaçlandyrýana tölemäge borçludyr. Ätiýaçlandyryş mahalynda pugta bellenilen summa ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş summasyny tölemäge ýa-da şeptleşilen başga hereketi amala aşyrmaga borçludyr.

2. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragy) tölemäge borçludyr.

3. Türkmenistanyň kamunçylygynda we ätiýaçlandyryşyň degişli görnüşi boýunça ätiýaçlandyryş kadalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş gatanjy (baýragy) tölenen pursadyndan baglaşylan hasap edilýär.

(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № __, ___-nji madda)

 

839 madda. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak borjy

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy teklip eden şahs, eger şunda ýüz öwürmek üçin real esaslar bolmasa, şol şertnamany baglaşmaga borçludyr.

 

840 madda. Hökmany döwlet ätiýaçlandyryş

 

Eger bu hökmany döwlet ätiýaçlandyryş hakyndaky kanunçylyga garşy gelmeýän bolsa, onda şu babyň kadalary ulanylýan hökmany ätiýaçlandyryş kanun tarapyndan göz öňünde tutulyp bilner.

(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № __, ___-nji madda)

 

841 madda. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)

 

1. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş hakyndaky gol çekilen dokumenti ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) gowşurmaga borçludyr.

2. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda aşakdakylar bolmalydyr:

a) taraplaryň şahsyýeti we olaryň bolýan ýeri (ýaşaýan ýeri) hakyndaky maglumatlar;

b) ätiýaçlandyryş edilen predmetiň ýa-da şahsyň ady;

w) ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň görnüşi;

g) ätiýaçlandyryşyň başlanmagy we dowamlylygy;

d) ätiýaçlandyryş summasy;

ýe) ätiýaçlandyryş wznosy, onuň tölenen ýeri we möhleti;

f) franşiza;

g) taraplaryň gollary.

3. Eger ätiýaçlandyryşyň predmeti şahsyň ömri bolsa, onda aşakdaky goşmaça maglumatlar zerurdyr:

a) girdejiniň hasaplaşyk ýeri we oňa gatnaşmak;

b) töläp almagyň summasy, wznoslary nazarda tutmaýan tölegler hem-de şol tölegleriň kepillendirilen çäkleri.

(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № __, ___-nji madda)

 

842 madda. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyryjy tarapyndan kabul edilen töwekgelçilikler başga bir ätiýaçlandyryjyda (ätiýaçlandyryjylarda) doly ýa-da bölekleýin gaýtadan ätiýaçlandyrylyp bilner. Şunda ätiýaçlandyryş şertnamasy (esasy şertnama) boýunça gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan ätiýaçlandyryjy bu soňky şertnamada ätiýaçlandyrýan hasap edilýär.

Ätiýaçlandyryjy bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde düzgünleşdirilýär. Şunda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borcnamalary doly saklanyp galýar.

(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № __, ___-nji madda)

 

843 madda. Ätiýaçlandyryş  şertnamasynyň ýitirilmeginiň netijeleri

 

1. Eger ätiýaçlandyryjy diňe ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny berenden soň öz borçlaryny ýerine ýetirmeli diýlip şertnama arkaly kesgitlense, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasy ýitirilse ýa-da ýok edilse, aýratyn kadalary berjaý etmek bilen şahadatnama güýjüni ýitiren diýlip yglan edilen halatynda, ätiýaçlandyrýan ýerine ýetirilmegini talap edip biler.

2. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilende ýa-da ýok edilende ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan dublikaty talap edip biler. Dublikaty bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär.

3. Öz işini ätiýaçlandyryjynyň tabşyrygy boýunça we şonuň adyndan amala aşyrýan ätiýaçlandyryş agentiniň hak almaga hukugy bardyr.

 

844 madda. Ätiýaçlandyryş agentiniň hukuklary

 

1. Ätiýaçlandyryş wekiliniň araçyllyk işini amala aşyrmaga ygtyýarlyklary ätiýaçlandyryjynyň degişli resminamalary bilen kesgitlenýär.

2. Dellalyň funksiýalaryny (wezipesini) ýerine ýetirýän ätiýaçlandyryş agenti ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda şeýle şertnamany baglaşmaga haklydyr.

3. Öz işini ätiýaçlandyryjynyň tabşyrygy boýunça we şonun adyndan amala aşyrýan ätiýaçlandyryş agentiniň hak almaga hukugy bardyr.

(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № __, ___-nji madda)

 

845 madda. Ätiýaçlandyryşyň başlanmagy

 

1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan gününde sagat 24-de başlanýar we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky gününde sagat 24-de gutarýar.

2. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bäş ýyldan ýokary möhlete baglaşylsa, onda taraplaryň her biri ony ýatyrmak hakda duýdurylandan soň üç aýyň geçmegi bilen şertnamany ýatyryp biler.

3. Eger şertnama bir ýyldan ýokary möhlete uzaldylsa, ätiýaçlandyryş gatnaşyklary agözalman olaryň uzaldylýandygy we möhletinden öň togtadylýandygy hakyndaky ylalaşyk hakyky däldir. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryşyny ýatyrmagyň üç  aýlyk möhletini hemişe berjaý etmäge borçludyr.

 

846 madda. Ätiýaçlandyryş wznosyny artdyrmagyň netijeleri

 

Eger ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş wznosyny artdyrsa, ätiýaçlandyrýan şertnamany ýatyrmagyň bir aýlyk möhletini berjaý etmek bilen şertnamany togtadyp biler. Ätiýaçlandyryş wznosynyň az-kem artdyrylmagy şeýle hukugy döretmeýär.

 

847 madda. Habar bermek borjy

 

1. Ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylanda howpsuz döremegi ýa-da ätiýaçlandyryş halaty üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary ätiýaçlandyryja habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň şertnamadan ýüz öwürmegine ýa-da ony üýtgedilen mazmun bilen baglaşmagyna täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.

2. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýandan ýazmaça aýdyň we düşnükli ýagdaýda talaby hem düýpli ýagdaý hasap edilýär.

3. Eger ätiýaçlandyryja düýpli ýagdaýlar hakynda habar berilmese, ol şertnamadan ýüz öwrüp biler. Ätiýaçlandyryjynyň düýpli ýagdaý hakynda habar bermekden öňünden niýet edip boýun gaçyrmagy hem şeýle mana eýedir.

4. Eger ätiýaçlandyryjy ýaşyryn ýagdaý hakynda bilse ýa-da ätiýaçlandyrýan atel şeýle ýagdaý hakynda habar berilmezliginde günäkär bolmasa, şertnamanyň togtadylmagy ýolberilmesizdir.

 

848 madda. Nädogry maglumatlary habar bermegiň netijeleri

 

1. Eger düýpli ýagdaý hakyndaky habarda nädogry maglumatlar bolsa, ätiýaçlandyryjy şertnamadan ýüz öwrüp biler.

2. Eger maglumatlaryň nätakyklygy ätiýaçlandyryja mälim bolsa we ätiýaçlandyrýan nädogry maglumatlaryň berilmeginde günäkär bolmasa, şertnamadan ýüz öwürmek ýolberilmesizdir. Bu maglumatlar hakynda habar berlenden soň bir aýyň içinde ätiýaçlandyrýan şertnamany ýatyryp biler.

 

849 madda. Habar bermezlik netijesinde ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyrmak

 

Eger ätiýaçlandyrýan howpuň ýagdaýlary hakyndaky ýazmaça sowallara jogap bermeli bolsa, ätiýaçlandyryjy meseleleriň goýulmadyk, ýöne ätiýaçlandyrýanyň olar hakda öňünden betpälli dyman ýagdaýlarynyň habar berilmezligi zerarly şertnamany ýatyrmaga haklydyr.

 

850 madda. Habar bermezlik netijesinde ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyrmagyň möhleti

 

1. Ätiýaçlandyryjy şu bapda göz öňünde tutulan maglumatlaryň habar berilmezliginden soň bir aýyň içinde şertnamany ýatyryp biler. Bu möhlet habar bermek borjunyň bozulandygy hakynda ätiýaçlandyryjy bilen pursatyndan başlanýar.

2. Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň ýatyrylandygy hakynda habar berilmelidir.

 

851 madda. Ätiýaçlandyryş halaty bolandan soň şertnamany ýatyrmak

 

Eger ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty bolandan soň şertnamany ýatyrsa, eger habar bermek borjy bozulan ýagdaý ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagyna we ätiýaçlandyryjynyň borçlaryny ýerine ýetirmegine täsir etmese, ol öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylmaýar.

 

852 madda. Ýokary derejeli howp hakyndaky habary bermek borjy

 

1. Eger bu şertnamanyň baglaşylmagyna düýpli täsir etse, ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylandan soň dörän howpuň ýokarydygy hakynda ätiýaçladyryja şobada habar bermäge borçludyr.

2. Şeýle ýagdaýda ätiýaçladyryjy bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen şertnamany ýatyrmaga ýa-da ätiýaçlandyryş wznosynyň degişli artdyrylmagyny talap etmäge haklydyr. Eger ätiýaçlandyrýan niýet edip öňünden howpuň artmagyna getirse, ätiýaçlandyryjy bir aý möhleti berjaý etmezden şertnamany ýatyryp biler.

 

853 madda. Ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagy hakynda habar bermek borjy

 

1. Ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygy hakynda bilen halatynda ätiýaçlandyrýan bu hakda şobada ätiýaçlandyrýana habar bermelidir.

2. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty bolan mahalynda ätiýaçlandyryş halatyny ýa-da borçlaryň möçberini belli etmek üçin zerur bolan islendik maglumatlary ätiýaçlandyrýandan talap edip biler.

3. Eger ätiýaçlandyrýan habar bermek borçlaryny ýerine ýetirmese we şunuň bilen ätiýaçlandyryjynyň bähbitleri düýpli bozulmasa, ätiýaçlandyryjy ylalaşyga esaslanyp bilmez, şoňa laýyklykda ol öz borçlaryndan boşadylýar.

4. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty bolandan soň we ätiýaçlandyryjynyň şigiň tölegleriniň möçberi kesgitlenenden soň öz borçlaryny ýerine ýetirmelidir.

 

§ 2. Ätiýaçlandyryş wznosy

 

854 madda. Ätiýaçlandyryş wznosyny geçirmek borjy

 

1. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny töländen soň ätiýaçlandyryş şertnamasyny alýar.

2. Eger ätiýaçlandyryşdaky bähbit ýitirilse, ätiýaçlandyryjy öz üstüne alan töwekgelçiliginiň dowamlylygyna laýyk gelýän ätiýaçlandyryş wznosynyň bir bölegini talap edip biler. Ätiýaçlandyryjy ýitirilen hyzmata laýyk gelýän haky talap edip biler.

(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № __, ___-nji madda)

 

855 madda. Birinji ätiýaçlandyryş wznosy

 

Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş wznosy öz wagtynda tölenýänçä ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

 

856 madda. Ätiýaçlandyryş wznosynyň öz wagtynda tölenmezligi

 

1. Eger ätiýaçlandyryş wznosy öz wagtynda geçirilmese, ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.

2. Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan wznos geçirmegini ýa-da prosentler tölemegini gijikdirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

 

857 madda. Ätiýaçlandyryş wznosynyň öz wagtynda tölenmezligi netijesinde şertnamany ýatyrmak

 

Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny öz wagtynda geçirmese, ätiýaçlandyryjy bir aý öňünden şertnamany ýatyrmak hakynda ätiýaçlandyrýany duýduryp hem-de bu möhlet netijesiz gutaranda ony ýatyryp biler.

 

858 madda. Ätiýaçlandyryş wznosyny tölemegiň togtadylmagy

 

Eger şertnama baglaşylandan soň ätiýaçlandyryjynyň ykdysady ýagdaýynyň ätiýaçlandyryş halaty bolan mahalynda şertnama boýunça onuň öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmegine real howp bolandaky ýaly ýaramazlaşandygy ýüze çykarylsa, ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznosyny geçirmegini togtadyp biler.

 

§ 3. Zyýanyň ätiýaçlandyryşy

 

859 madda. Zyýany pul bilen tölemek borjy

 

Ätiýaçlandyryjy aýany pul bilen tölemelidir.

 

860 madda. Zyýany tölemegin çäkleri

 

Ätiýaçlandyryjy zyýany diňe ätiýaçlandyryş summasynyň çäklerinde töleýär.

 

861 madda. Ätiýaçlandyryş deňeşdirmesi

 

1. Eger ätiýaçlandyryş summasy ätiýaçlandyryş edilen bähbidiň gymmatyndan (ätiýaçlandyryş bahasy) ep-esli ýokary geçse, hem ätiýaçlandyrýan, hem ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş wznosyny bada-bat degişli ýagdaýda aşaklatmak bilen hetdenaşa ätiýaçlandyryşyň öňüni almak maksady bilen ätiýaçlandyryş summasynyň aşakladylmagyny talap edip bilerler.

2. Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryşyny ýokarlandyrmak arkaly bikanun girdeji almak üçin şertnama baglaşsa, şertnama hakyky däl hasap edilýär. Eger ätiýaçlandyryjy şertnama baglaşylan pursatynda hakyky däldigini bilmese, şertnamanyň hakyky däldigine çenli oňa tölenen wznoslar oňa galýar.

 

862 madda.  Emlägi ätiýaçlandyrmagyň aýratynlyklary

 

Eger emläk ätiýaçlandyrylsa we işiň ýagdaýlaryndan başgaça ýüze çykmasa, emlägiň gymmaty ätiýaçlandyryş summasy hasap edilýär.

 

863 madda. Duşdan geçirilen peýdanyň ätiýaçlandyryşy

 

Eger bu ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda nazarda tutulsa, ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagy zerarly alynmadyk peýda hem ätiýaçlandyryş degişlidir.

(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № __, ___-nji madda)

 

864 madda. Zatlaryň jemine ätiýaçlandyrmak

 

Eger zatlaryň jemine ätiýaçlandyrylsa, ätiýaçlandyryş oňa girýän zatlaryň hemmesine degişlidir.

 

865 madda. Ätiýaçlandyryş töleginiň möçberi

 

Ätiýaçlandyryjy dörän zyýandan geçýän summany ätiýaçlandyrýana tölemäge borçly däldir we eger ätiýaçlandyryş halaty bolan pursatynda ätiýaçlandyryş üçin hak ätiýaçlandyryş summasyndan geçende hem borçly däldir.

 

866 madda. Gysgaldylan ýa-da doly däl ätiýaçlandyryş. Goşa ätiýaçlandyryş

 

1. Eger ätiýaçlandyryş halaty bolan pursatynda ätiýaçlandyryş summasy ätiýaçlandyryş bahasyndan az bolsa (gysgaldylan ýa-da doly bolmadyk ätiýaçlandyryş), ätiýaçlandyrýan diňe ätiýaçlandyryş summasynyň bahasyna  deň bolan zyýanyň bölegini we ätiýaçlandyryş üçin haky töleýär.

2. Ätiýaçlandyryjylaryň birnäçesiniň şol bir bähbidine bir wagtda ätiýaçlandyran şahs bu hakda her bir ätiýaçlandyryja şobada habar bermäge borçludyr.

3. Ätiýaçlandyryjylaryň birnäçesiniň şol bir töwekgelçiliginiň bähbidi ätiýaçlandyrylsa we ätiýaçlandyryş summalary bilelikde ätiýaçlandyryş bahasyndan ýokary geçse ýa-da beýleki ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyryş şertnamasy bolmadyk mahalynda, her bir shrahowşik tarapyndan tölenip bilinjek öwezi dolmalaryň, umumy summasy başga sebäpler boýunça ähli ýitgilerden ýokary geçse (goşa ätiýaçlandyryş), onda ätiýaçlandyryjylar raýdaş bergidarlar hökmünde ätiýaçlandyrýan bilen olara, şertnama baglaşylan summanyň çäklerinde ätiýaçlandyrýanyň öňünde borçludyrlar, ýöne real zyýanyň möçberinden geçýän summany bilelikde almaga ätiýaçlandyrýanyň haky ýokdur.

 

867 madda. Goşa ätiýaçlandyryşyň hakyky däldigi

 

Eger ätiýaçlandyrýan bikanun girdeji almak maksady bilen goşa ätiýaçlandyryşyny resmileşdirse, onda şu maksat bilen baglaşylan her bir şertnama hakyky däl diýlip hasap edilýär.

 

868 madda. Ätiýaçlandyryş halaty bolanda ätiýaçlandyrýanyň günäsi

 

Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş bilen göz öňünde tutulan halaty öňünden niýet edip ýa-da gödek seresapsyzlygy bilen getirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylýar.

 

869 madda. Ätiýaçlandyryjynyň görkezmelerini ýerine ýetirmek borjy

 

1. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş bilen göz öňünde tutulan halat bolanda zyýanyň öňüni almaga ýa-da azaltmata we şunuň bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryjynyň görkezmelerini ýerine ýetirmäge borçludyr.

2. Ätiýaçlandyryjy onuň görkezmelerini ýerine ýetirmegi netijesinde edilen çykdajylaryny tölemäge borçludyr.

 

870 madda. Ýeňip geçip bolmajak güýjüň täsiri bilen dörän zyýanyň ätiýaçlandyryşy

 

Eger bu diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerinde ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda nazarda tutulan halatynda, ätiýaçlandyryjy ýeňip geçip bälmajak güýjuň täsiri netijesinde ýeten zyýan üçin jogapkärçilik çekýär.

(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № __, ___-nji madda)

 

871 madda. Üçünji şahsyň zyýany tölemek talaby

 

1. Eger ätiýaçlandyrýan zyýany tölemek barada üçünji şahsa talap bildirse, eger ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana zyýany tölese, bu talap ätiýaçlandyryja geçýär. Eger ätiýaçlandyrýan üçünji şahs babatda öz talabyndan ýa-da onuň talabyny üpjün etmäge bolan hukukdan ýüz öwürse, onda ätiýaçlandyryjy öz çykdajylarynyň öwezini dolmaga bolan hukugy amala aşyrmagyň netijesinde ýa-da talap bildirmek bilen baglanyşykly onuň aljak möçberindäki zyýanynyň öwezini dolmak borçlaryndan boşadylýar.

2. Eger ätiýaçlandyrýanyň zyýanyň öwezini dolmaga bolan talap etmek hukugy onuň bilen bile ýaşaýan maşgala agözasyna dahylly bolsa, onda hukugyň geçmegi aradan aýrylýar, muňa maşgala agözasynyň öňden niýet edip zyýan getiren halatlary degişli däldir.

 

872 madda. Ätiýaçlandyrylan emlägi eýeçilikden aýyrmagyň netijeleri

 

Eger ätiýaçlandyrylan emläk eýeçilikden aýrylsa, onda ätiýaçlandyrýanyň hukugy emläk edinijä geçýär.

 

873 madda. Ätiýaçlandyrylan emlägiň eýeçilikden aýrylmagy hakynda habar bermek borjy

 

Ätiýaçlandyrylan emlägiň eýeçilikden aýrylandygy hakynda ätiýaçlandyryja şobada habar berilmelidir. Eger emläk ediniji ýa-da eýeçiligi aýryjy bu hakda ätiýaçlandyryja şobada habar bermese, eger ätiýaçlandyryjynyň habary almaly pursatyndan bir aýdan soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa, onda ol öwezini dolmak borjundan boşadylýar.

 

874 madda. Ätiýaçlandyrylan emläk eýeçilikden aýrylanda ätiýaçlandyryşyny togtatmak

 

1. Ätiýaçlandyryjy şertnamany ýatyrmak üçin bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen emläk ediniji bilen ätiýaçlandyryş gatnaşygyny togtatmaga haklydyr. Eger ätiýaçlandyryjy emlägiň eýeçilikden aýrylandygy hakynda özüne mälim bolan pursatyndan başlap bir aýyň içinde mundan peýdalanmasa, onda şertnamany ýatyrmak hukugy güýjüni ýitirýär.

2. Emläk ediniji ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyrmaga haklydyr, ol diňe şolbada ýa-da ätiýaçlandyryşyň häzirki döwrüniň gutarmagyna çenli şertnamany ýatyryp biler. Eger emläk ediniji şony edinenden soň bir aýyň içinde bu hukukdan peýdalanmasa, ýatyrmak hukugy ýitirilýär, eger ätiýaçlandyryş hakynda edinijä mälim bolmasa, onuň ätiýaçlandyryş gatnaşyklary hakynda bilen pursatyndan başlap, bir aýyň geçmegine çenli ýatyrmak hukugy güýjündedir.

3. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy şu maddanyň kadalarynyň esasynda togtadylsa, eýeçilikden aýryjy ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş wznosyny tölemäge borçludyr, ýöne ol şertnamanyň ýatyrylan pursatyny goşmak bilen ätiýaçlandyryş döwründe onuň tölemelisinden ýokary bolmaly däldir; şu ýagdaýda emläk ediniji ätiýaçlandyryş summasynyň tölenmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

875 madda. Başga şahsyň peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak

 

Ätiýaçlandyrýan öz adyndan ätiýaçlandyryjy bilen başga şahsyň peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşyp biler.

 

876 madda. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda başga şahsyň hukuklary

 

1. Başga şahsyň peýdasyna ätiýaçlandyryşda şu şertnamadan gelip çykýan hukuklar şol şahsa degişlidir. Diňe ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny talap etmek hukugyna eýedir.

2. Ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyrýan bilen ylalaşmazdan öz hukuklaryndan peýdalanyp biler we diňe ätiýaçlandyryş şertnamasy onuň elinde bolsa, öz hukuklarynyň sud boýunça amala aşyrylmagyny talap edip biler.

 

877 madda. Ätiýaçlandyrýanyň hukuklary

 

1. Ätiýaçlandyrýan şertnama boýunça ätiýaçlandyrylan şahsa degişli hukuklardan öz adyndan peýdalanyp biler.

2. Eger ätiýaçlandyryş şahadatnatmasy berilse, ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyrylan şahsyň razylygy bolmazdan ätiýaçlandyryş summasyny alyp biler ýa-da eger ol diňe ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna eýelik eden mahalynda hukugy ätiýaçlandyrylan şahsa berip biler.

3. Eger ätiýaçlandyrýan diňe ätiýaçlandyrylan şahsyň, ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen razy bolandygyny subut etse, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrylanyň peýdasyna töleg geçirmäge borçludyr.

 

§ 4. Graždan-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy

 

878 madda. Düşünje

 

Graždan-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýany jogapkärçilikden boşatmaga borçludyr, bu borçnama ätiýaçlandyryş döwründe dörän jogapkärçilik babatda onuň üstüne üçünji şahsyň öňünde jogapkärçilik ýükleýär.

 

879 madda. Gös-göni zyýany tölemek talaby

 

Eger zyýan ýeten şahs ätiýaçlandyryja talap bildirse, onda ol öz borçnamasynyň çäklerinde gös-göni zyýany tölemäge borçludyr.

 

880 madda. Sud çykdajylary we suddan daşary çykdajylar

 

Eger işiň ýagdaýlaryndan ugur alyp şeýle çykdajylary tölemeli bolsa, ätiýaçlandyryş üçünji şahsyň talaplaryndan goranmak üçin çekilen sud çykdajylaryny we suddan daşary çykdajylary öz içine alýar.

 

881 madda. Ätiýaçlandyryjyny jogapkärçilikden boşatmak

 

Eger ätiýaçlandyrýan ýagdaýyň bolmagyny aňly-düşünjeli döretse, şonuň netijesinde oňa üçünji şahsyň öňünde jogapkärçilik ýüklense, onda ätiýaçlandyryjy jogapkärçilikden boşadylýar.

 

882 madda. Hökmany döwlet ätiýaçlandyryşynda jogapkärçilik

 

1. Eger ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçlardan doly ýa-da kem-käsleýin azat bolsa, onda kanunda göz öňünde tutulan hökmany döwlet ätiýaçlandyryşynda onuň üçünji şahsyň öňündäki jogapkärçiligi güýjünde galýar.

2. Eger ätiýaçlandyryjy üçünji şahsyň talaplaryny kanagatlandyrsa, üçünji şahsyň ätiýaçlandyrýan babatdaky talaby ätiýaçlandyryja geçýär.

(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № __, ___-nji madda)

 

§ 5.Ömri ätiýaçlandyrmak

 

883 madda. Düşünje

 

1. Ömri ätiýaçlandyrmak ätiýaçlandyrýanyň hut özüne ýa-da başga şahsa degişli bolup biler.

2. Eger ömrüň ätiýaçlandyryş şertnamasy üçünji şahşyň peýdasyna baglaşylsa, onda bu şahsyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň ýazmaça razylygy zerurdyr.

 

884 madda. Şertnama baglaşmakdan ýüz döndermäge ýol bermezlik

 

Eger ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylanda maglumatlary habar bermek borjuny bozsa, eger şertnama baglaşylandan soň bäş ýyl geçen bolsa, ätiýaçlandyryjy şertnamadan ýüz öwrüp bilmez. Eger maglumatlary habar bermek borjunyň ýerine ýetirilmiezligi bilkastlaýyn bolmasa, şertnamadan ýüz öwürmäge ýol berilýär.

 

885 madda. Ätiýaçlandyryş wznoslary wagtal-wagtal tölenende şertnamany ýatyrmak

 

Eger ätiýaçlandyryş wznoslary wagtal-wagtal tölense, ätiýaçlandyryjy islendik pursatda, ýöne şol ätiýaçlandyryş döwrüniň tamamlanmagyna çenli ätiýaçlandyryş gatnaşyklaryny ýatyryp biler.

 

886 madda. Öwezini tölemek hukugyny üçünji şahsa bermek

 

1. Eger şertnamada başgaça görkezilmese, toplaýyş ätiýaçlandyryşynda ätiýaçlandyryjy almak hukugyny üçünji şahsa berip biler, şeýle hem üçünji şahs başga şahsa berip biler. Ätiýaçlandyryjynyň hukugyny almak hukugyna eýe bolan üçünji şahs çalyşýar, şübhe bolanda üçünji şahsyň ady şertnama girizilen halatynda hem ykrar edilýär.

2. Eger ätiýaçlandyrýan başga görkezme bermese, almak hukugyna eýe bolan üçünji şahs ony diňe ätiýaçlandyryş halaty bolanda amala aşyryp biler.

 

887 madda. Göwnejaý bolmadyk üçünji şahs

 

1. Eger toplaýyş ätiýaçlandyryşynda üçünji şahsyň hukugy ätiýaçlandyryjynyň borjuna laýyk gelmese, bu hukuk ätiýaçlandyrýanda galýar.

2. Eger toplaýyş ätiýaçlandyryşynda üçünji şahs alnan peýda üçin öz hukugyny peýdalanmasa, bu hukuk ätiýaçlandyrýanda galýar.

 

888 madda. Ätiýaçlandyryjyny zyýany tölemek borjundan boşatmak

 

1. Eger şertnama ätiýaçlandyrýanyň däl-de başga şahsyň ölmek halatyna baglaşylsa, ätiýaçlandyrýan şol şahsyň ölmegini bikanun hereketleri bilen döreden bolsa, onda ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

2. Eger ölmek halatyna ätiýaçlandyryşda üçünji şahs almak hukugyna eýe bolsa, eger bu şahs öňünden niýet eden bikanun hereketleri bilen ömri ätiýaçlandyrylanyň ölmegine getirse, bu hukuk ykrar edilmeýär.

 

889 madda. Öz janyna kast edilende öwezini tölemekden boşatmak

 

1. Eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ömri ätiýaçlandyrylan şahs öz janyna kast etse, ömrüniň ätiýaçlandyryşynda ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

2. Ätiýaçlandyrýanyň mirasdarlary geçirilen ätiýaçlandyryş wznoslarynyň gaýtarylyp berilmegini talap etmäge haklydyrlar.

 

890 madda. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny üýtgetmek

 

1. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryşynyň häzirki döwrüniň gutarmagyna çenli islendik pursatda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň mundan beýläk ätiýaçlandyryş wznoslarynyň geçirilmeginiň togtadylan şertnamasy bilen çalşyrylmagyny talap edip biler.

2. Eger ätiýaçlandyrýan şeýle çalşyrylmagyny talap etse, onda şu pursatdan başlap şertnama arkaly göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş summasy ýa-da peýdanyň summasy, eger ätiýaçlandyryş wznosy görnüşinde alnan summa bir gezekleýin wznos hökmünde garalsa, ätiýaçlandyrylan şahsyň ýaşyny nazara almak bilen kesgitlenýän summa bilen çalşyrylýar.

 

891 madda. Şertnama togtadylanda tutup galynmalar

 

Eger ömrüň ätiýaçlandyryş şertnamasy ýüz öwürmek, ýatyrmak ýa-da şikaýat etmek netijesinde togtadylsa, onda ätiýaçlandyryjy şeýle şertnama boýun alan möçberindäki wznoslaryny gaýtarmaga borçludyr. Ätiýaçlandyryjy paýhasly tutup galmalary geçirip biler.

 

892 madda. Mejbury ýerine ýetirmegiň netijeleri

 

1. Eger karary mejbury ýerine ýetirmek ätiýaçlandyryş talaby boýunça geçirilse ýa-da sud önümçiligi ätiýaçlandyryjynyň batyp galmagy bilen amala aşyrylsa, zat alyjy hökmünde anyk görkezilen şahs ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň çalyşmaga doly ygtyýarlydyr. Eger peýda almak hukugyna eýe bolan şahs şertnama gatnaşsa, ol kreditoryň ähli talaplaryny kanagatlandyrmalydyr ýa-da şertnama ýatyrylanda ätiýaçlandyryjydan öz talap edip biljek summasynyň çäklerinde batyp galmagyň agdyklaýyndygyny üpjün etmelidir.

2. Eger peýda almak hukugyna eýe bolan şahs onuň alynmagyna gyzyklanmasa ýa-da ady boýunça atlandyrylmasa, onda şeýle hukuga ätiýaçlandyrýanyň äri, aýaly ýa-da çagalary eýe bolýar.

 

§ 6. Betbagtçylykly hadysadan ätiýaçlandyrmak

 

893 madda. Düşünje

 

1. Betbatgçylykly hadysadan ätiýaçlandyryş şertnamasy hem ätiýaçlandyrylýan babatda, hem başga şahs babatda baglaşylyp bilner.

2. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrylan şahs bilen däl-de, eýsem onuň peýdasyna baglaşylsa, onda ömrüň ätiýaçlandyryş kadalary bu şertnama degişlidir.

 

894 madda. Saglyga ýetirilen zyýanyň netijeleri

 

Eger ätiýaçlandyryjynyň borjy saglyga öňünden niýet edip ýitgi (zyýan) ýetirilmegine bagly bolmasa, onda öňünden niýet etmegiň bolmazlygy garşylykly subut edilýänçä çak edilýär.

 

895 madda. Betbagtçylykly hadysany öňünden niýet edip getirmegiň netijeleri

 

1. Eger başga şahsyň ätiýaçlandyryşynda peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan şahs önünden niýet eden bikanun hereketleri bilen öňünden niýet edip betbagtçylykly hadysanyň bolmagyňa getirse, ätiýaçlandyryjy özüniň borçlaryndan boşadylýar.

2. Eger peýda almak hukugyna başga şahs eýelik etse, eger onda öňünden niýet edip bikanun hereketler bilen betbagtçylykly hadysany getirse, ol bu hukukdan mahrum edilýär.

 

896 madda. Betbagtçylykly hadysa hakynda habar bermek borjy

 

Eger borçlar peýda alýan şahsyň peýdasyna ýerine ýetirilmeli bolsa, onda bu şahs betbagtçylykly hadysa hakynda mälim etmäge borçludyr. Bu kada maglumatlary habar bermek we dokumentleri bermek boýunça borçlara hem degişlidir.

 

897 madda. Regres hukugyna ýol bermezlik

 

Ätiýaçlandyrýan zyýan üçin jogapkär şahs babatynda regres hukugyna eýe däldir.

 

23 BAP. BANK HYZMATY

 

§ 1. Hasaplaşyklar

 

898 madda. Düşünje

 

1. Kredit edarasy bank sçýoty hakyndaky şertnama boýunça onuň müşderisiniň hasaplaşyk sçýotundan hasabynda bolan summalaryň çäklerinde tölegler geçirmäge hem-de sçýota gelip gowşan summalary ýazmaga borçludyr.

2. Eýelik edijiniň görkezmesiniň esasynda  şeýle operasiýalary nagt pullar bilen hem geçirmek mümkindir.

3. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça hyzmat etmek boýunça hasaplaşyk sçýotunyň eýesine çykdajylary tölemek borjy ýüklenilip bilner.

 

899 madda. Hasapdan göçürmeleri bermek borjy

 

1. Kredit edarasy nagt hasaplaşyklar we nagt däl hasaplaşyklar boýunça buhgalterlik kitaplaryny ýöretmäge borçludyr.

2. Kredit edarasy şertnamada nazarda tutulan möhletlerde sçýotuň eýesine sçýotuň ýagdaýy hakyndaky habary (hasapdan göçürme) bermäge borçludyr, sçýotuň eýesi bolsa sçýotuň ýagdaýy hakyndaky habary islendik wagtda talap etmäge doly ygtyýarlydyr.

 

900 madda. Pul serişdelerini hasapdan öçürmek

 

Kredit edarasy sçýot eýesiniň rugsady bilen ýa-da onuň görkezmesi esasynda pul serişdelerini sçýotdan öçürmäge borçludyr. Eger şonuň ýaly bolmasa, ol ýetirilen zyýany we nädogry geçirilen summany sçýot eýesiniň aktiwine täzeden geçirmäge borçludyr.

 

901 madda. Sçýot eýesiniň tabşyrygyny ýatyrmagyň netijeleri

 

1. Sçýotuň eýesi heniz geçirmegiň hakykatda amala aşyrylmagyna çenli kredit edarasyna berlen tabşyrygyny ýatyrmaga haklydyr.

Başga halatlarda kredit edarasy ýerine ýetirmekden ýöz öwurmek hakynda degişli şahslara şobada habar bermäge borçludyr.

2. öz wagtynda ýatyrylanda kredit edarasy summany eýesiniň sçýotuna täzeden geçirmäge borçludyr.

 

902 madda. Syry saklamak borjy

 

1. Kredit edarasy sçýot eýesi bilen işjeň gatnaşyklarda özüne mälim bolan sçýot we gaýry faktlar bilen baglanyşykly syry saklamaga borçludyr, kanunda göz öňünde tutulan halatlar ýa-da eger iş sçýot eýesiniň bähbitlerini çäklendirmeýän adaty bank habaryna degişli bolan halatlar muňa girmeýär.

2. Kredit edarasynyň bu borjy şertnama togtadylandan soň hem güýjünde galýar.

 

903 madda. Şertnamany togtatmak

 

1. Bank sçýoty hakyndaky şertnama taraplaryň ikisi tarapyndan islendik pursatda togtadylyp bilner.

2. Kredit edarasy diňe sçýot eýesiniň hasaplaşyk hyzmatyny başga hili alyp biler ýaly ýagdaýda şertnamany togtadyp biler, togtatmak üçin möhüm esaslaryň bolan halatlary muňa degişli däldir.

 

904 madda. Çek esasynda töleg geçirmek

 

Degişli ylalaşyk mahalynda kredit edarasy sçýotuň eýesi tarapyndan gol çekilen çekleri Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda tölemäge aktiwiň çäklerinde borçludyr. Munuň üçin nagt pulsuz hasaplaşyk hakyndaky şertnamanyň düzgünleri ulanylýar.

 

905 madda. Çekiň inkassasiýasy

 

Kredit edarasy we goşmaça ylalaşmazdan hasaplaşyk şertnamasy boýunça kredit edarasyna öz wagtynda görkezmek arkaly eýesi tarapyndan görkezilen çekleriň indossirlenilmegini geçirmäge, tölenmedik mahalynda bolsa üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmäge sçýot eýesiniň öňünde borçludyr.

 

§ 2. Bank krediti

 

906 madda. Düşünje

 

Kreditor bank kreditiniň şertnamasy boýunça karz alyja muzdsuz krediti karz formasynda berýär ýa-da bermäge borçludyr.

 

907 madda. Bank krediti boýunça prosent stawkalary

 

1. Taraplaryň ylalaşmagy bilen kredit boýunça bellenilen ýa-da üýtgeýän prosent stawkalary kesgitlenip bilner.

2. Eger şertnama arkaly üýtgeýän prosent stawkalary nazarda tutulsa we olary kreditor kesgitlese, ol adalatlylyk esasynda olary kesgitlemäge borçludyr. Ol bazar stawkalartyyň ýokarlanyş ýa-da aşaklaýyş çägine görä  öz stawkalaryny olar bilen laýyk getirmelidir.

3. Prosentleriň üýtgedilmegi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň diskont stawkasyna laýyk gelmelidir.

4. Kredit şertnamasy baglaşylanda prosent stawkalarynyň ýokarlanmagynyň we aşaklamagynyň çäkleri hem-de üýtgetmeleriň arasyndaky iň az aralyk kesgitlenilmelidir.

5. Kreditor kredit boýunça prosent stawkalary hakynda karz alyja elýeter formada habar bermäge borçludyr.

6. Eger ýyllyk prosent stawkasy görkezilmese, diňe kanun tarapyndan göz öňünde tutulan ýyllyk prosent ülanylýar.

Eger ýyllyk prosentler hasaplananda çykdajylaryň tölenmegi göz öňünde tutulmadyk bolsa, bu çykdajylar tölenmeýär.

 

908 madda. Kanun tarapyndan bellenilen prosent stawkalary

 

1. Eger karz alyjy bank kreditiniň şertnamasy boýunça onuň üstüne ýüklenen tölegleri bökdese, onda berginiň summasynyň üstüne degişli döwür üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň diskont tarifi üçin bellenilen üç prosentden ýokary geçýän summa hasaplanyp goşulmalydyr.

2. Eger kreditor karzy yzyna gaýtarmagy gijä goýmak sebäbi boýunça bank krediti şertnamasyny togtatsa, onda kanun tarapyndan bellenilen prosent tarifini talap etmek hukugy ýüze çykýar. Bu kada aýy-aýry halatlarda köp ýa-da az zyýanyň bardygyny kreditoryň ýa-dä karz berijiniň subut etmek hukugyna degişli däldir.

 

909 madda. Goşmaça üpjünçiligi ulanmak

 

1. Eger kredit berlende zat ýa-da şahsy üpjünçilik ylalaşylsa, onda kreditor karzy doly däl üzülişende goşmaça üpjünçiligiň ulanylmagyny talap edip biler.

2. Kreditor karz alyjynyň talap etmegi boýunça üzülişmegiň ylalaşylan çäklerinden ýokary geçýän üpjünçiligi gaýtarmaga borçludyr.

 

910 madda. Şertnamany togtatmak

 

1. Eger kredit üçin belli bir döwre bellenilen prosent stawkasy ylalaşylsa, eger prosentler boýunça borçnama gaýtaryp bermek üçin kesgitlenen möhlete çenli tamamlansa we prosent stawkasy hakynda täze ylalaşyk baglaşylmasa, karz alyjy kredit şertnamasyny togtadyp biler. Togtatmagyň möhleti bir aýdyr.

2. Eger karz alyjy sarp ediji bolsa we kredit ipoteka bilen üpjün edilmese, togtatmak hukugy kredit alnandan soň alty aýyň geçmegi bilen ýüze çykýar, togtatmak möhleti bolsa üç aýa deňdir

3. Togtatmak hukugy on ýylyň geçmegi bilen islendik halatda hereket edýär. Togtatmak möhleti alty aýy düzýär.

4. Bergidar üç aýlyk möhleti berjaý etmek bilen tarif stawkasyny ulanmak arkaly islendik pursatda karzy togtadyp biler.

 

911 madda. Kredit möhletinden öň yzyna gaýtarylanda zyýany tölemek

 

Eger karz alyjy kredit gatnaşyklarynyň gutarmagyna çenli krediti yzyna gaýtarsa, onda kreditor zyýanyň degişli suratda tölenmegini talap edip biler. Şunda, zyýany tölemek tygşytlanylan çykdajylaryň gymmatyna, şeýle hem ssuda walýutasyny başgaça ulanmagyň netijesinde kreditoryň alyp biljek peýdasyna hasaplanýar ýa-da eger karz alyjy şonuň alynmagyna öňünden niýet edip ýol bermedik halatynda şeýle edilýär.

 

912 madda. Kredit bölekler boýunça yzyna gaýtarylanda kredit gatnaşyklaryny togtatmak

 

Eger krediti bölekler boýunça yzyna gaýtarmak göz öňünde tutulsa we karz alyjy azyndan iki möhleti bassyr gijikdirse, kreditor kredit gatnaşyklaryny togtadyp biler. Eger goşmaça iki hepdelik möhlet berlenden soň hem tölegler geçirilmese, togtatmak güýje girýär.

 

§ 3. Goýum

 

913 madda. Düşünje

 

1. Kredit edarasy pul summasyny (goýumy) geçirmek arkaly oňa bolan eýeçilik hukugyny edinýär we möhleti gelende şol walýutada alnan summany gaýtarmaga borçludyr.

2. Eger möhlet kesgitlenmese, pul summasy islendik wagtda talap edilip bilner.

3. Goýumlara degişlilikde prosentler goşulmalydyr.

 

914 madda. Kredit edaralarynyň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligi

 

1. Süýşürintgini alyjy we kredit edarasynyň ýolbaşçysy likwidlik we bankyň boniteti hakyndaky habary goýumça bermäge borçludyrlar.

2. Nädogry maglumatlary bermekde günäkär ýa-da zerur habary bermekden ýüz öwren şahs maglumatlaryň nädogrulygy netijesinde dörän zyýany goýumça tölemäge borçludyr.

3. Likwidlik we bankyň boniteti hakynda nädogry maglumatlary jemagat öňünde reklama broşýuralarynda ýa-da başga hili ýaýradýan bankyň ýolbaşçylary raýdaşlyk jogapkärçiligini çekýärler.

 

915 madda. Süýşürintgi kitapçasy

 

Eger kredit edarasy süýşürintgi kitapçasyny berse, onda ol ony hem adyna, hem görkeziji üçin doldurmaga doly ygtyýarlydyr. Eger görkeziji doly ygtyýarly bolmasa, eger kredit edarasy kitapçany dolduranda öňünden niýet edip ýa-da gödek seresapsyzlyk bilen hereket etmedik bolsa, onda kredit edarasy jogapkärçilikden boşadylýar.

 

§ 4. Dokumentar (haryt) akkreditiwi. Dokumentar inkasso

 

916 madda. Düşünje

 

1. Akkreditiwi açmak arkaly kredit edarasy (banky açan) müşderiniň (akkreditiw tabşyrygyny bereniň) haýyşy we buýrugy boýunça görkezilen dokumentiň ýerine üçünji şahsa (remitente) onuň görkezmesi boýunça ýa pul summasyny tölemäge ýa-da remitent tarapyňdan geçirilen wekseli tölemäge, ýa-da aksepti geçirmäge, ýa-da eger kreditiň şertleri ýerine ýetirilse, bu operasiýany amala aşyrmagy başga banka tabşyrmaga borçludyr.

2. Müşderi ylalaşylan haky tölemäge borçludyr.

 

917 madda. Inkasso tabşyrygy

 

Inkasso tabşyrygy bilen inkasso operasiýasyna doly ygtyýarly bolan kredit edarasy (bank) müşderiniň (ynanyjynyň) tabşyrygy boýunça akseptiň ýerine ýa-da zerur bolanda, töleýjiniň töleginiň ýerine gymmatly söwda kagyzlaryny bermegi öz üstüne borçnama edip alýar .

 

918 madda. Halkara hukugynyň adatlary

 

Eger başga zat ylalaşylmasa, taraplaryň hukuklary we borçlary halkara dolanyşygyndaky dokumentar akkreditiwiň ýa-da dokumentar inkassonyň ykrar edilen adatlary boýunça kesgitlenýär.

 

§ 5. Bank kepilligi

 

919 madda. Düşünje

 

Bank kepilliginiň güýjünde bank, başga kredit edarasy ýa-da ätiýaçlandyryş                                                                                                                                   guramasy (kepil) başga şahsyň (prinsipalyň) haýyşy boýunça öz üstüne alan borçnamasynyň şertlerine laýyklykda prinsipialyň kreditoryna (benefisiara) benefisiaryň ýazmaça talabynyň esasynda pul summasyny tölejekdigi hakynda ýazmaça borçnama alýar.

 

920 madda. Bank kepilligi üçin hak

 

1. Bank kepilligi benefisiar babatdaky öz borçlarynyň prinsipal tarapyndan göwnejaý ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

2. Bank kepilliginiň berlendigi üçin prinsipal kepile ylalaşylan hak töleýär.

 

921 madda. Kepil borçnamasynyň esasy borçnamadan garaşsyzlygy

 

Kepiliň benefisiar babatdaky bank kepilligi tarapyndan göz önünde tutulan borçnamalary olaryň arasyndaky özara gatnaşyklarda ony üpjün etmek üçin berlen esasy borçnama, hatda kepillikde bu borçnama görkezme bolanda, garaşly däldir.

 

922 madda. Bank kepilligini yzyna almaga ýol bermezlik

 

Eger bank kepilliginde başgaça göz öňünde tutulmasa, ol yzyna alnyp bilinmez.

 

923 madda. Benefisiara degişli talabyň başga şahsa berilmegine ýol bermezlik

 

Eger kepillik tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmasa, bank kepilliginden ugur alyp benefisiaryň kepil babatdaky talap etmek hukugy üçünji şahsa berlip bilinmez.

 

924 madda. Bank kepilliginiň güýje girmegi

 

Eger kepillik arkaly başgaça göz öňünde tutulmasa, bank kepilligi onuň berlen gününden güýje girýär.

 

925 madda. Talap bildirmegiň formasy

 

1. Benefisiaryň bank kepilligi astyndaky pul summalarynyň tölegleri hakyndaky talaby kepillikde görkezilen dokumentleri goşmak bilen ýazmaça formada kepile görkezilmelidir. Talapda ýa-da goşundyda benefisiar üpjün edilmeginde kepillik berlen esasy borçnamanyň prinsipal tarapyndan bozulmagynyň nämede aňladylýandygyny görkezmelidir.

2. Benefisiaryň talaby berlen kepilligiň möhletiniň gutarmagyna çenli kepile görkezilmelidir.

 

926 madda. Benefisiaryň talabyny almak boýunça kepiliň borjy

 

1. Benefisiaryň talabyny alandan soň kepil şobada bu hakda prinsipala habar bermelidir we onuň bilen baglanyşykly ähli dokumentler bilen birlikde oňa talabyň kopiýasyny bermelidir.

2. Kepil benefisiaryň talabyna goşulan dokumentleir bilen paýhasly möhletde garalmalydyr hem-de dokumentler goşulan talabyň kepilligiň şertlerine laýyk gelýändigini belli etmek üçin paýhasly yhlaslylyk görkezmelidir.

 

927 madda. Benefisiaryň talabyny kanagatlandyrmakdan kepiliň ýüz öwürmegi

 

1. Eger bu talap ýa-da oňa goşulan dokumentler kepilligiň şertlerine laýyk gelmese ýa-da olar kepillik tarapyndan kesgitlenen möhlet tamamlanandan soň kepile berilse, kepil benefisiara onuň talabyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürmelidir. Kepil benefisiaryň talabyny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürýändigi hakynda benefisiara şobada habar bermelidir.

2. Eger benefisiaryň talabynyň kanagatlandyrylmagyna çenli bank kepilligi tarapyndan üpjün edilen esasy borçnamanyň degişli böleginde eýýäm doly ýerine ýetirilendigi, başga esaslar boýunça togtadylandygy ýa-da hakyky däldigi kepile mälim bolsa, onda ol şobada bu hakda benefisiara we prinsipiala habar bermelidir.

Kepiliň şeýle duýduryşyndan soň alnan benefisiaryň gaýtadan eden talaby kepil tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.

 

928 madda. Kepiliň borçnamalarynyň çäkleri

 

1. Kepiliň benefisiar babatdaky bank kepilligi arkaly göz öňünde tutulan borçnamasy kepilligiň berlen summasyny tölemek bilen tölenilýär.

2. Eger kepillik tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kepillikden gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilmändigi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmändigi üçin kepiliň benefisiar babatdaky jogapkärçiligi kepilligiň berlen summasy bilen çäklenmeýär.

 

929 madda. Kepiliň borçnamalaryny togtatmagyň  esaslary

 

1. Kepiliň benefisiar babatdaky borçnamalary aşakdaky ýagdaýlarda togtadylýar:

a) kepilligiň berlen summasyny benefisiara tölemek bilen;

b) kepillik arkaly kesgitlenen, onuň berlen möhletiniň gutarmagy bilen;

w) benefisiaryň kepillikden gelip çykýan öz hukuklaryndan ýüz öwürmegi we olary kepile gaýtaryp bermegi bilen;

g) benefisiaryň öz hukuklaryndan ýüz öwürýändigi hakynda kepiliň ýazmaça tassyklamasy bilen.

2. Şu maddanyň 1 punktunyň «a», «b» we «w» kiçi punktlarynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça kepiliň borçnamalarynyň togtadylmagy oňa kepilligiň, yzyna gaýtarylyp berlendigine ýa-da berilmändigine bagly däldir.

3. Kepilligiň togtadylandygy hakynda mälim bolan kepil şobada bu hakda prinsipala habar bermelidir.

 

930 madda. Regres hukugy

 

1. Kepiliň bank kepilligi boýunça benefisiara berlen summanyň tölenmegini regres tertibinde prinsipaldan talap etmek hukugy ýerine ýetirilmegi üçin kepillik berlen, kepiliň prinsipal bilen ylalaşygy arkaly kesgitlenýär.

2. Eger kepiliň prinsipal bilen ylalaşygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kepilligiň şertleriniň tersine ýa-da kepiliň benefisiar babatdaky borçnamalary bozandygy üçin benefisiara tölenmeli summanyň gaýtarylyp berilmegini prinsipaldan talap etmäge kepiliň hukugy ýokdur.

 

24 BAP. ZAMUNLYK

 

931 madda. Düşünje

 

1. Zamunlyk şertnamasy boýunça zamun bolýan üçünji şahsyň kreditorynyň öňünde soňky tarapyndan öz borçnamalaryny ýetirmegi üçin jogap berjekdigine borçlanýar.

2. Zamunlyk geljekki ýa-da şertli borçnamalar babatda hem berlip bilner.

 

932 madda. Ýazmaça forma

 

1. Zamunlygyň hakyky bolmagy üçin zamun bolýanyň, ýazmaça arzasy we zamun bolýanyň mukdar taýdan iň uly kesgitlenen jogapkärçilik summasynyň zamunlyk hakyndaky dokumentde görkezilmegi zerurdyr.

2. Eger kimdir biri öz professional işini ýerine ýetirmeginiň çäklerinde zamunlyk hakynda mälim etse, ýazmaça formanyň berjaý edilmegi hökman däldir.

 

933 madda. Zamun bolýanyň borçnamasynyň möçberi

 

1. Zamun bolýanyň borçnamalarynyň möçberini bellemek üçin baş borçnamanyň mazmuny kesgitleýji bolup durýar. Eger baş borçnama baş bergidaryň günäsiniň ýa-da gijikdirilmegi netijesinde üýtgedilse hem şol ulanylýar. Zamun bellenilenden soň baş bergidar tarapyndan amala aşyrylan geleşik zamun bolujynyň borçnamalarynyň möçberine täsir etmeýär.

2. Zamun bolýan şertnamany ýatyrmak babatda we sud seljerişi boýunça çykdajylary çekýär, ol kreditora baş bergidar tarapyndan tölenmelidir.

 

934 madda. Zamun bolýanyň ýüz döndermegi

 

Kreditor baş bergidar babatda mejbur ýerine ýetirmegiň netijesiz synanyşyklaryny amala aşyrýança, zamun bolýan kreditora ýerine ýetirmekden ýüz dönderip biler.

 

935 madda. Zamun bolýanyň raýdaşlyk jogapkärçiligi

 

Eger zamun bolýan öz üstüne raýdaşlyk ýa-da başga deň ähmiýetli görnüşdäki jogapkärçiligi alsa, eger baş bergidar tölegi gijä goýsa ýa-da netijesiz duýdurylsa ýa-da onuň tölege ukypsyzdygy görnüp dursa, onda oňa mejbury töletmäge synanyşyksyz talap bildirilip bilner.

 

936 madda. Zamun bolýanyň birnäçesi

 

Eger birnäçe şahs şol bir borçnama boýunça zamunlyk berse, onda olar hatda öz üstlerine zamunlygy bilelikde alsalar hem, olar raýdaş bergidarlar hökmünde jogap berýärler.

 

937 madda. Öňki kreditorlar tarapyndan alnan borçnama üçin jogapkärçilik

 

Öňki kreditorlar tarapyndan öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge kreditoryň öňünde borç edilen zamun bolýan adaty zamun bolýanyň baş bergidar bilen bilelikde bolşy ýaly, olar bilelikde jogapkärçilik çekýär.

 

938 madda. Zamun bolýanyň jogapkärçilik çäkleri

 

1. Zamun bolýan ähli halatlarda diňe zamunlyk hakyndaky dokumentde görkezilen iň ýokary summanyň çäklerinde jogapkärçilik çekýär.

2. Başga ylalaşyk bolmadyk mahalynda, zamun bolýan aşakdakylar üçin ýokarda görkezilen iň ýokary summanyň çäklerinde jogapkärçilik çekýär, ýagny:

a) baş borçnama laýyk gelýän summa, hususanda, baş bergidaryň günäsi bilen ýa-da tölegiň gijikdirilmegi netijesinde esasy bergi üýtgände. Şertleşik puşmana puly ýa-da şertnama tamamlananda göz öňünde tutulan zyýanyň umumy summasy üçin ol, diňe şeýle halatda, eger bu babatda ýörite ylalaşylan bolsa, jogapkärçilik çekýär;

b) eger zamun bolýanyň borçnamalary ýerine ýetirmek arkaly olardan gaça durmaga mümkinçiligi bolsa, baş bergidarlara tölenmäge degişli şertnamany togtatmak boýunça çykdajylar we sud harajatlary üçin;

w) eger bu göni ylalaşylsa, şertnama laýyklykda baş bergidar tarapyndan tölenmäge degişli prosentler üçin jogapkärçilik çekýär.

 

939 madda. Zamun bolýanyň garşylygy

 

1.Zamun bolýan baş bepgidara degişli ähli garşylyklaryny kreditora bildirip biler. Baş bergidar aradan çykan halatynda,zamun bolýan borçnama boýunça mirasdaryň çäklendirilen jogapkärçiligine salgylanyp bilmez.

2. Eger baş bergidar garşylyk bildirmekden ýüz dönderse, onda zamun bolýan garşylyk bildirmek hukugyny ýitirmeýär.

 

940 madda. Talapnamalaryň hasaba goşulmagyna jedelleşilmegine we mümkinçiligine edilýän salgylanmalara garşylyk bildirmek

 

1. Baş bergidaryň borçnamasynyň esasynda ýatan geleşige onuň jedelleşmäge hakynyň bolýandygyna görä, zamun bolýan kreditora ýerine ýetirmekden ýüz dönderip biler.

2. Baş bergidaryň tutup almaga degişli talabynyň garşysyna öz talabyny hasaba goşmak arkaly kanagatlanma almaga kreditoryň mümkinçiligi barka, şu zeýilli hukuk zamun bolýanyň tarapynda diýlip ykrar edilýär.

 

941 madda. Zamun bolýanyň jogapkärçiligini azaltmak

 

Eger kreditor zamun bolýanyň zyýanyna girew hukuklaryny ýa-da üpjünçiligiň gaýry serişdelerini ýa-da ýeňillikleri azaltsa, onda zamun bolýanyň jogapkärçiligi ýokarda görkezilen azaldylmaga laýyk gelýän summada azaldylýar.

 

942 madda. Baş bergidar tarapyndan tölegi gijä goýmagyň netijeleri

 

1. Eger baş bergidar tölegi gijä goýsa, kreditor bu hakda zamun bolýana habar bermelidir. Kreditor zamun bolýanyň talap etmegi bilen esasy berginiň ýagdaýy hakyndaky maglumatlary oňa bermelidir.

2. Eger kreditor bu hereketlerden birini ýerine ýetirmese, ol berjaý etmezligiň zyýan ýetirip biljek möçberinde zamun bolýanyň garşysyna öz talabyna bolan hukugyny ýitirýär.

 

943 madda. Möhletsiz zamunlyk mahalynda şertnamany togtatmak

 

1. Eger zamunlyk möhletsiz bolsa, zamun bolýan şertnamany togtatmagyň üç aýlyk möhletini berjaý etmäge borçludyr.

2. Möhletli zamunlykda bäş ýylyň geçmegi bilen üç aýlyk möhleti berjaý etmek arkaly şertnama togtadylyp bilner.

3. Şertnama bir taraplaýyn togtadylanda zamun bolýan togtadylmagyna çenli alnan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge borçludyr.

 

944 madda. Zamun bolýanyň boşatmak hakyndaky talaby

 

1.Eger zamun bolýan baş bergidaryň tabşyrygy boýunça zamunlyk berse ýa-da ol zamunlyk bermegi netijesinde kesekiniň işini tabşyryksyz ýöretmek    hakyndaky düzgünlere laýyklykda ynanyjynyň, baş bergidar babatdaky hukuklaryna eýe bolsa, onda ol zamunlykdan boşatmagy baş bergidardan talap edip biler, eger:

a) baş bergidaryň emläk ýagdaýy düýpli ýaramazlaşsa;

b) zamunlyk berlenden soň baş bergidaryň ýaşaýan ýeriniň, dörän kärhananyň, ýerleşýän ýeriniň ýa-da baş bergidaryň bolýan ýeriniň üýtgemegi netijesinde baş bergidar babatdaky sud seljermesi düýpli çylşyrymlaşsa;

w) kreditor zamun bolýan babatda mejbury ýerine ýetirmek hakynda suduň çözgudini gazansa.

2. Eger baş borçnamany ýerine ýetirmegiň möhleti heniz gelip ýetmese, onda baş bergidar boşatmagyň ýerine zamun bolýana degişli üpjünçiligi berip biler.

 

945 madda. Talabyň zamun bolýana geçmegi

 

Zamun bolýanyň kreditory kanagatlandyrandygyna görä, kreditoryň baş bergidar babatdaky talaby oňa geçýär. Talabyň geçmegi kreditoryň zyýanyna amala aşyrylyp bilinmez. Baş bergidaryň onuň bilen zamun bolýanyň hukuk gatnaşyklaryna esaslanan garşylygy şunuň bilen galtaşmaýar.

 

25 BAP. KONTOKORRENT (TEKUŞIÝ SÇÝOT)

 

946 madda. Düşünje. Mazmuny

 

1. Kontokorrent şertnamasy boýunça taraplar işewür gatnaşyklardan ýüze çykan talaplary we bir sçýota tölegler boýunça borçnamalary girizmegi we şolary aýratynlykda yzygiderli hasaplaşyklar geçirilýänçä ýerine ýetirmezligi özlerine borçnama edip alýarlar.

2. Hasaplaşyklar netijesinde ýüze çykarylan sçýotuň saldosy ylalaşylan möhletde tölenmäge degişlidir. Eger sçýot hasaplaşyklarynda summanyň galyndysy degişli  bolan tarap  şony tölemegi talap etmese, bu galyndy kontokorrente geçirilýär.

3. Hasaplaşyklar saldonyň talabyny ýüze çykarýar, ol ýerine ýetirmek maksady bilen kontokorrente ýerleşdirilen talaby çalyşýar.

4. Eger başgaça bellenmese, rasçýotlar ýylda bir gezek geçirilýär.

 

947 madda. Kontokorrenti ýatyrmak

 

Şübhe bolan mahalynda kontokorrent islendik wagtda ýatyrylyp, sçýot bolsa ýapylyp bilner.

 

948 madda. Amala aşyrylan tölegler boýunça prosentler

 

Eger şertnamada başgaça bellenilmedik bolsa, göz öňünde tutulan tölegler boýunça kanunda nazarda tutulan prosent stawkalarynyň möçberinde prosentler tölenmelidir.

 

949 madda. Kontokorrente geçirilen talabyň şahsy ýa-da zat üpjünçiligi

 

1. Eger kontokorrente girizilen talaplar üçin şahsy ýa-da zat üpjünçiligi bolsa, onda kreditor sçýot ýapylandan soň hem onuň peýdasyna bar bolan saldonyň summasy üçin bu üpjünçiligiň hasabyna kanagatlandyrylmagyny talap edip biler.

2. Şu maddanyň 1 punktunyň kadasy talap boýunça bilelikdäki raýdaşlyk jogapkärçiligi bolan mahalynda hem ulanylýar.

 

26 BAP. BERGI BORÇNAMALARY

 

§ 1. Görkezijä bergi borçnamalary

 

950 madda. Düşünje

 

1. Eger şahs özünde dokumenti saklaýjynyň ýerine ýetirmek borçnamasy bolan dokumenti (görkeziji üçin bergi borçnamasy) berse, onda saklaýjy bu şahsdan ýerine ýetirmegi talap edip biler, muňa haçanda saklaýjynyň dokumente ygtyýar etmäge hakynyň bolmadyk halatlary girmeýär.

2. Dokumente degişli ýazgyny girizmek arkaly ýörite formany berjaý etmäge baglylykda dokumentdäki goluň hakykylygy goýlup bilner. Gol tehniki taýdan mümkin bolan islendik usul bilen ýerine ýetirilip bilner.

 

951 madda. Dokumenti beren şahsyň garşylygy

 

Dokumenti beren şahs bergi borçnamasyny saklaýja diňe ony bermegiň hakykylygyna dahylly ýa-da dokumentiň tekstinden gelip çykýan, ýa-da dokumenti beren şahs bilen dokumenti saklaýjynyň arasyndaky gös-göni gatnaşyklara esaslanan garşylyklary bildirip biler.

 

952 madda. Hukuklaryň geçiş kadalary

 

1. Dokument arkaly berlen hukuk gozgalýan zatlary bermegiň bellenilen kadalaryna laýyklykda geçýär. Hukuk üçünji şahs bilen baglaşylan şertnama boýunça hem berlip bilner.

 2. Dokumenti doly ygtyýarly saklaýjy diýlip haýsydyr bir ýol bilen ýitirilen dokumenti edinen şahs hasap edilýär, muňa haçanda onuň bu dokumenti edinip, bet niýet ýa-da gödek seresapsyzlyk bilen hereket eden halatlary girmeýär.

 

953 madda. Görkezijä nägilelikler (pretenziýalar)

 

1. Dokumenti beren şahs bergi borçnamasyny onuň bermändigini islendik saklaýjy bilen bergi borçnamasynyň hakykylygyny jedelleşip biler. Ol mundan başga-da, dokumentden gelip çykýan islendik garşylykly talaby saklaýja bildirip biler.

2. Eger dokumenti beren şahs dokumente gol çekmek üçin tehniki serişdelerini peýdalansa, ol eýesi babatda bu serişdäni ulanmak hukugyna eýe däldigine salgylanyp bilmez, muňa edinijiniň galplyk hakynda bilen ýa-da harsal çemeleşen halatlary girmeýär.

3. Eger dokument ilkibaşky saklaýjy tarapyndan başga şahsa berilse, onda dokumentni beren şahs indiki saklaýja onuň ilkibaşky saklaýjy bilen gös-göni gatnaşyklaryndan gelip çykýan garşylykly talaby öňe sürüp bilmez, muňa dokumenti soňraky saklaýjynyň bet niýet ýa-da gödek seresapsyzlyk bilen bergidaryň zyýanyna hereket eden halatlary girmeýär.

4. Eger garşylykly talap gös-göni gatnaşyklardan gelip çykmasa, diňe eýeçilikden aýyrmak arkaly ýa-da ony edinmekde bet niýet bilen hereket etmek ýa-da gödek seresapsyzlyga ýol bermek bilen dokumenti eýeçilige edilen saklaýja garşylykly talap bildirilip bilner.

 

954 madda. Dokumenti beren şahsyň borçlary

 

1. Dokumenti beren şahs diňe özüne gymmatly kagyzlar berlende öz borçnamasyny ýerine ýetirmäge borçludyr.

2. Eger bergidar öňünden niýet edip ýa-da gödek seresapsyzlyk bilen hereket etmese we saklaýjynyň päk ýürekli däldigini subul etmäge mümkinçiligi bolsa, onda ol borçnamany ýerine ýegirýän saklaýjynyň öňünde öz borçnamalaryndan boşadylýar.

 

955 madda. Ady ýazylan dokumenti özgertmek

 

Görkeziji üçin bergi borçnamasyny belli bir doly ygtyýarly şahsyň adyna bolan dokumenti özgertmek işi diňe dokumenti beren şahs tarapyndan amala aşyrylyp bilner. Ýöne dokumenti beren şahs şeýle özgertmä borçly däldir.

 

956 madda. Gaýtadan bermek

 

Eger görkezijä berlen bergi borçnamasy zaýalanmak netijesinde mundan beýläk dolanyşyga ýaramsyz bolsa, onda bergi borçnamasynyň esasy mazmunyny we tapawutlandyryjy alamatlaryny anyk belli etmek mumkinçiliginde ony saklaýjy zaýa bolan dokumenti yzyna gaýtaranda özüne täze bergi borçnamasynyň berilmegini dokumenti beren şahsdan talap edip biler. Saklaýjy ähli çykdajylary çekýär we olary awans bilen tölemelidir.

 

957 madda. Dokumenti güýjüni ýitiren diýip hasaplamak

 

1. Görkeziji üçin ýitirilen ýa-da ýok edilen bergi borçnamasy eger dokumentde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, sud tarapyndan güýjüni ýitiren diýlip yglan edilip bilner.

2. Dokumenti beren şahs soňky saklaýjynyň talap etmegi boýunça işe sudda garamak üçin we tölegleri geçirmegi gadagan etmek üçin zerur bolan ähli maglumatlary oňa bermäge hem-de zerur şahadatnamalary bermäge borçludyr. Soňky saklaýjy şahadatnamalary bermek boýunça çykdajylary awans bilen töleýär.

 

958 madda. Dokumenti güýjüni ýitiren diýip hasaplamagyň netijeleri

 

Eger görkeziji üçin bergi borçnamasy güýjüni ýitiren diýlip hasap edilse, onda peýdasyna bu dokumentiň hereketini togtatmak hakynda karar çykarylan şahs, dokumentden talap bildirmek hukugyna garamazdan, dokumenti beren şahsdan güýjüni ýitiren diýlip hasap edilen dokumentiň ýerine görkeziji üçin täze bergi borçnamasynyň berilmegini talap edip biler. Şol şahs ähli çykdajylary çekýär we olary awans bilen tölemelidir.

 

959 madda. Hak isleýişi bildirmek wagty

 

1. Görkeziji üçin bergi borçnamasyndan gelip çykýan talap dokument boýunça ýerine ýetirmek möhleti gelip ýetenden soň otuz ýylyň geçmegi bilen togtaýar.

2. Dokumentiň özünde ony beren şahs başga hili dowamlylygy we görkezilen möhletiniň başlanýan wagtyny belläp biler.

3. Hak isleýişi bildirmek wagtynyň başlanýan wagty we onuň dowamy dokumenti görkezen şahsyň peýdasyna tölegleriň geçirilmegini gadagan etmek hakyndaky beýannamanyň saklaýjy tarapyndan girizimegi bilen togtadylýar.

 

960 madda. Kreditory görkezmezden görkeziji üçin bergi borçnamalary

 

Eger şahs kreditoryň ady agözalmadyk bergi borçnamasyny berse, onuň saklaýjy babatdaky borçnamany öz üstüne almagy hyýal edendigine şaýatlyk ediji ýagdaýlarda, şu Kodeksiň 950 maddasynyň 1 punktunyň 952 - 954 hem-de 959 maddalarynyň kadalary ulanylýar.

 

§ 2. Orderlik bergi borçnamalary

 

961madda. Düşünje

 

1. Bergi dokumentini beren şahs agözalan adama dokumenti görkezende tölegi wada berse, orderlik bergi borçnamasy görnüşinde berlip bilner.

2. Gol tehniki taýdan islendik mümkin bolan serişde bilen ýerine ýetirilip bilner.

 

962 madda. Indossament

 

1. Hukuk indossament arkaly we dokümenti bermek bilen  berlip bilner.

2. Indossament dokumentde edilýär ýa-da oňa goşulýar.

3. Indossament indossatoryň adyndan görkezme talap etmeýär we diňe gollardan  ybarat (blanket indossamenti) bolup biler. Doly ygtyýarly eýesi öz adyndan ýa-da kesekiniň adyndan blanket indossamentini dolduryp biler, doldurylmadyk dokumenti berip ýa-da onuň özi belli bir şahsa onuň soňraky indossirlenilmegini geçirip biler.

 

963 madda. Hukugyň geçmegi

 

Eger orderlik bergi dokumenti indossamentiň esasynda edinilse, degişlilikde şu Kodeksiň 953 maddasy ulanylýar.

 

964 madda. Ýerine ýetirmek talaby

 

Yzygiderli indossamentler arkaly tassyklanylan order bergi borçnamasyny saklaýjy wada laýyklykda gol çekilen dokumenti bermegiň ornuna ýerine ýetirmegi talap edip biler, muňa onuň ygtyýarlyklarynyň bolmadyk halatlary girmeýär.

 

965 madda. Doly ygtyýarly bolmadyk şahsa tölegiň netijeleri

 

Yzygiderli indossamentler arkaly öz hukugyny subut eden doly ygtyýarly bolmadyk şahsa töleg, eger bergidar öňünden niýet edip ýa-da gödek seresapsyzlyk boýunça hereket etmedik bolsa, ony boşadýar.

 

966 madda. Dokumenti çalyşmak we güýjüni ýitirmek

 

Eger order bergi borçnamasynda uly gymmatly talaplar kepillendirilse, bergi dokumentini görkezijä çalyşýan we bu dokumenti güýjüni ýitiren diýip hasap edýän dokumenti bermegiň kadalary degişlilikde ulanylýar.

 

967 madda. Talaplaryň hak isleýişini bildirmek wagty

 

Orderlik bergi borçnamalaryndan gelip çykýan talaplaryň hak islegini bildirmek wagty babatynda görkeziji üçin bergi borçnamalary babatynda hereket edýän kadalar ulanylýar.

 

§ 3. Şahsy bergi borçnamalary

 

968 madda. Düşünje

 

1. Belli bir şahsyň adyna düzülen dokumentler bergidara diňe dokumenti tabşyrmagyň, ýerine töleg ýüklemek şerti bilen berlip bilner.

2. Eger başgaça kesgitlenmese, dokumentde görkezilen hukuk bu hukuk üçin bellenilen kadalar boýunça berilýär.

3. Eger başgaça kesgitlenmese, eger dokument ýitirilse ýa-da ýok edilse, ol aýratyn önümçilik tertibinde güýjüni ýitiren diýlip yglan edilýär. Az-kem gymmatly hukugy özünde saklaýan dokumentler ýitirilende bu kada ulanylmaýar.

 

969 madda. Geleşigiň we tölegiň hakyky bolmagynyň şertleri

 

Eger belli bir ada ýazylan dokumentde wada berlen tölegiň islendik görkezijä geçirilip bilinjekdigi baradaky görkezme bolsa, onda bergidar bilen dokumenti saklaýjynyň arasyndaky islendik geleşik, edil töleg ýaly, eger bergidar öňünden bilkastlaýyň ýa-da gödek seresapsyzlyk bilen hereket etmedik bolsa, hakykydyr.

 

27 BAP. BILELIKDÄKI IŞ.

(ŞEREKET)

 

970 madda. Düşünje

 

Bilelikdäki iş (şereket) hakyndaky şertnama boýunça oňa gatnaşyjylar şertnamada kesgitlenen usul bilen umumy maksada ýetmekde özara ýardam etmäge borçlanýarlar.

 

971 madda. Bilelikdäki iş hakyndaky şertnama

 

1. Bilelikdäki iş hakyndaky şertnama ýazmaça formada ýa-da dil üsti bilen baglaşylyp bilner.

2. Ýazmaça formada baglaşylan şertnamalarda aşakdakylar bolmalydyr:

a) gatnaşyjylaryň ady we olaryň adresleri;

b) bilelikdäki işiň görnüşi hakyndaky maglumatlar we maksatlary;

w) gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary;

g) dolandyryş organlarynyň gurluşy we wezipeleri;

d) gatnaşyjylaryň arasynda girdejileri we ýitgileri paýlamagyň kadalary we şertleri;

ýe) şertnamadan çykmagyň tertibi;

j) işiň dowamlylygy;

z) şertnamany togtatmagyň we galan emlägi paýlamagyň tertibi.

 

972 madda. Gatnaşyjylaryň goýumlary

 

1. Bilelikdäki işe gatnaşyjylar şertnamada göz öňünde tutulan goýumlary geçirmelidirler. Eger goýumyň möçberi kesgitlenmese, onda gatnaşyjylar ony deň paýda geçirýärler.

2. Goýum hem pul bilen, hem emläk bilen, şeýle hem hyzmat bitirmek arkaly geçirilip bilner.

 

973 madda. Gatnaşyjylaryň umumy emlägi

 

1. Bilelikdäki işe gatnaşyjylaryň goýumlary we iş ýöredilende şereket üçin edinilen predmetler gatnaşyjylaryň, umumy emlägini düzýär.

2. Şereketiň emlägine girýän hukugyň esasynda edinilen emläk ýa-da şereketiň emlägine girýäň predmetiň ýok edilendigi, zaýalanmagy ýa-da alynmagy üçin öwezini dolmak hökmünde edinilen emläk hem şereketiň emlägidir.

 

974 madda. Paýyň üçünji şahsa berilmegine ýol bermezlik

 

1. Emläk ýa-da hukuk görnüşindäki paý gatnaşyjy tarapyndan beýleki gatnaşyjylaryň razylygy bolmazdan üçünji şahsa berlip bilinmez. Razylykdan ýüz öwürmäge diňe esasly sebäpler bolanda ýol berilýär.

2. Şertnamanyň galan gatnaşyjylary üçünji şahsa berilýän paýy edinmekde artykmaç hukuga eýedirler.

 

975 madda. Işleri ýöretmek

 

1. Şereketde we üçünji şahslar babatda wekilçilik işleri ýöretmek onuň ähli gatnaşyjylary bilen bilelikde amala aşyrylýar; her bir geleşigi amala aşyrmak üçin şerekete ähli gatnaşyjylaryň razyly talap edilýär. Eger şereketiň şertnamasyna laýyklykda karar sesleriň köplügi bilen kabul edilse, onda köplük goýumyň möçberi bilen däl-de, şesrekete gatnaşyjylaryň  umumy sanynyň esasynda kesgitlenýär.

2. Eger şereketiň şertnamasy boýunça işleri ýöretmek oňa gatnaşyjylaryň hemmesine ýa-da birnäçesine şeýle ýagdaýda, ýagny her birine ýalňyzlykda hereket etmäge haky bolar ýaly ýagdaýda berilse, onda her bir gatnaşyjy geleşigi baglaşmagyň garşysyna beýlekilere öz garşylygyny mälim edip biler. Garşylyk bolan halatynda geleşik baglaşylyp bilinmez.

3. Eger şereketiň şertnamasy boýunça işleri ýöretmek oňa gatnaşyjylaryň birine ýa-da birnäçesine berilse, onda şereketiň galan gatnaşyjylary işleri ýöretmekden çetleşdirilýär.

4. Eger muňa düýpli sebäp bolsa, şerekete gatnaşyjy galan gatnaşyjylaryň, köplüginiň karary bilen şereketiň şertnamasy boýunça işleri ýöretmek ygtyýarlyklaryndan mahrum edilip bilner; düýpli sebäp, hususan-da borçlaryň gödek bozulmagy ýa-da işleri göwnejaý ýöretmäge ukypsyzlygy bolup biler.

5. Şerekete gatnaşyjynyň, onuň işlerini dolandyryjynyň hukuklary we borçlary, eger şereketiň şertnamasynda başgaça bolmasa, tabşyryk şertnamasy hakyndaky kadalara laýyklykda kesgitlenýär.

 

976 madda. Girdejä we ýitgilere gatnaşmak

 

Eger gatnaşyjylaryň girdejidäki we ýitgilerdäki paýlary bellenilmese, onda her gatnaşyjy girdejä we ýitgilere öz goşandyna laýyklykda gatnaşýar.

 

977 madda. Gatnaşyjynyň hukuklarynyň geçirilmezligi

 

Şerekete gatnaşyjylaryň şertnama boýunça olaryň özara gatnaşyklaryndan gelip çykýan birek-biregi babatdaky talaplary üçünji şahsa berilmäge degişli däldir.

 

978 madda. Bilelikdäki iş hakyndaky şertnamadan ýüz öwürmek

 

1. Eger şertnamada bilelikdäki işiň möhleti kesgitlenmese, gatnaşyjylaryň her biri islendik pursatda bilelikdäki işe gatnaşmakdan ýüz öwrüp biler. Eger möhlet kesgitlenmese, onda möhletiň gutarmagyna çenli şereketiň düzüminden çykmaga diňe düýpli sebäp bolanda ýol berilýär; hususanda, eger gatnaşyjylaryň biri şertnama boýunça onuň üstüne ýüklenen esasy borçlaryny öňünden niýet edip ýa-da gödek seresapsyzlyk bilen bozsa, ýa-da eger borçlaryny ýerine ýetirmek mümkin bolmasa, şeýle sebäp diýlip hasap edilýär.

2. Eger şerekete gatnaşyjylardan biri onuň düzüminden çyksa, şereketiň umumy emlägindäki onuň paýy galan gatnaşyjylara geçýär. Galan gatnaşyjylar çykan gatnaşyjynyň şerekete peýdalanmaga beren predmetlerini oňa gaýtarmaga we eger onuň çykan pursatynda bilelikdäki iş togtadylan bolsa, umumy emläk paýlanylanda onuň alyp biljegini oňa tölemäge borçludyrlar. Eger gatnaşyjylardan biriniň çykan pursatyna çenli şereketiň umumy emläginiň gymmaty umumy bergileri tölemek we goýumlary gaýtarmak üçin ýeterlik bolmasa, onda çykýan gatnaşyjy öz paýyna laýyklykda ýitgilerdäki ýetmeýän summany galan gatnaşyjylara bermäge borçludyr.

3. Ýokarda görkezilen kadalary üýtgedýän şertnamany ýatyrmak hukugyny çäklendirýän ýa-da ýatyrýan ylalaşyk ujypsyzdyr.

 

979 madda. Bilelikdäki işi togtatmagyň esaslary

 

1. Aşakdakylar bilelikdäki işi togtatmagyň esaslarydyr:

a) bilelikdäki işiň şertnama arkaly kesgitlenen möhletiniň gutarmagy;

b) gatnaşyjylaryň karary;

w) şereketiň umumy emlägi boýunça batyp galmak hakynda önümçiligiň açylmagy;

g) bilelikdäki işiň şertnama arkaly bellenilen maksatlaryna ýetmegi ýa-da eger bu maksada ýetmek mümkin bolmasa.

2. Bilelikdäki iş hakyndaky şertnama arkaly ony togtatmagyň başga esaslary hem nazarda tutulyp bilner, ýagny:

a) şertnama gatnaşyjylardan biriniň aradan çykmagy;

b) şertnama gatnaşyjylardan biriniň batyp galmagy.

 

980 madda. Bilelikdäki işi togtatmagyň tertibi

 

1. Bilelikdäki iş togtadylandan soň gatnaşyjylaryň arasynda şereketiň emlägini paýlamak geçirilýär. Bilelikdäki iş togtadylanda ýerine ýetirilmedik geleşikler tamamlanmalydyr.

2. Şereketiň umumy emläginden ozaly bilen umumy bergiler tölenilmelidir. Eger umumy emläk umumy bergileri tölemek üçin we goýumlary gaýtarmak üçin ýeterlik bolmasa, onda oňa gatnaşyjylar olaryň ýitgilerdäki paýlaryna deň ölçegde ýetmeýän summany geçirmäge borçludyr. Eger gatnaşyjylardan biri özüne düşýän summany geçirmäge ýagdaýy bolmasa, onda ol galan gatnaşyjylar tarapyndan şol gatnaşykda geçirilmelidir.

 

28 BAP. ÖMÜRLIK EKLÄP-SAKLAMAK

 

981 madda. Düşünje

 

Ömürlik ekläp-saklamagy öz üstüne borçnama alan şahs (ekleýji) ekläp-saklamagy (eklençdäki şahsy) onuň bütin ömrüniň dowamynda üpjün etmelidir.

Ömürlik ekläp-saklamak pul ýa-da natural aňlatmada (ýaşaýyş jaýy, iýmit, gözegçilik etmek we gaýry zerur kömek) bellenilip bilner.

 

982 madda. Şertnamanyň formasy

 

Ömürlik ekläp-saklamak şertnamasy ýazmaça formada baglaşylmalydyr. Eger ömürlik ekläp-saklamak şertnamasy boýunça gozgalmaýan emläk berilse, onda ol notarial taýdan tassyklanmaga degişlidir.

 

983 madda. Ekläp-saklamagyň möçberi

 

Ömürlik ekläp-saklamagyň, möçberi tarapyndan ylalaşmagy bilen kesgitlenýär.

 

984 madda. Ekläp-saklamaga almagyň döwürleýinligi

 

Ekläp-saklamaga almagyň döwürleýinligi onuň tebigatyndan we maksatlaryndan ugur alnyp taraplaryň ylalaşygy bilen bellenilýär.

 

985 madda. Berlen emlägiň eýeçilikden aýrylmagyna ýol bermezlik

 

1. Eklenijiniň ömründe onuň razylygy bolmazdan, berlen emlägi eýeçilikden aýyrmaga, girew goýmaga ýa-da başga hili agyr ýagdaýa goýmaga ekleýjiniň haky ýokdur. Ekleýjiniň bergileri bilen baglanyşykly bu emläge temmi berilmegine ýol berilmesizdir.

2. Eger eklençdäki şahs ekleýjä gozgalmaýan emlägi berse, onda şoňa bolan talabyň üpjün edilmegine ol bu emläge bolan girew hukugyna eýedir.

 

986 madda. Ömürlik ekläp-saklamak hakyndaky şertnama närazylyk bildirmek

 

Ömürlik ekläp-saklamak şertnamasy ekleýjiden ekläp-saklamagy almaga bolan kanuny hukuga eýelik edýän, ýöne ekleýji bilen närazylyk bildirilýän şertnamany baglaşmagyň netijesinde ony alyp bilmedik başga şahslar tarapyndan närazylyk bildirilip jedelleşip bilner. Şertnama ýatyrylanda emläk eklençdäki şahsa gaýtarylyp berilýär.

 

987 madda. Berlen emlägiň atanlykda berbat bolmak töwekgelçiligi ýa-da zaýalanmagy

 

Ekleýjä berlen emlägiň atanlykda berbat bolmagy ýa-da zaýalanmagy ony ekläp-saklamagy bermek borçlaryndan boşatmaýar.

 

988 madda. Ömürlik ekläp-saklamak şertnamasyndan ýüz döndermek

 

1. Eger şertnamalaýyn borçnamalaryň bozulmagy netijesinde taraplaryň özara gatnaşyklary çydap bolmajak bolsa ýa-da başga düýpli sebäpler boýunça örän kynçylykly bolsa, ýa-da ony dowam etdirmek mümkin bolmasa, ekleýji hem eklençdäki şahs hem ömürlik ekläp-saklamak şertnamasyndan ýüz dönderip bilerler.

2. Eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa berlen gozgalmaýan emläk şertnama togtadylanda eklençdäki şahsa gaýtaralyp berilýär, ekleýji tarapyndan şertnamanyň togtadylmagyna çenli edilen çykdajylar bolsa tölenmeýär.

 

989 madda. Ekleýjiniň aradan çykmagynyň netijeleri

 

Ekleýji aradan çykan mahalynda ömürlik ekläp-saklamaga alnan borçnamasy berlen emlägi alan mirasdarlara geçýär. Mirasdaryň bu borçnamadan ýüz öwürmegi şertnamanyň togtadylmagyna eltýär, emläk bolsa eklençdäki şahsa gaýtarylyp berilýär.

 

29 BAP. OÝUNLAR. JEDEL

 

990 madda. Borçnamanyň bolmazlygy

 

Oýundan ýa-da jedelden borçnama ýüze çykmaýar. Borçnamanyň bolmandyga görä, oýnuň ýa-da jedeliň esasynda ýerine ýetirileni gaýtarmak hakyndaky talap kanagatlandyrylmaga degişli däldir.

 

991 madda. Lotereýa we utuş

 

Eger lotereýa ýa-da utuş döwlet tarapyndan rugsat berlen bolsa, lotereýa hakyndaky şertnamanyň ýa-da utuşy geçirmek hakyndaky şertnamanyň ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.

 

992 madda. Tapawuda bolan geleşik

 

Eger predmeti harydyň postawkasy ýa-da gymmatly kagyzlaryň berilmegi bolup durýan şertnama şertnamada bellenilen baha bilen birža ýa-da bazar bahasynyň arasyndaky tapawut postawka pursatynda utulan tarapyň utan tarapa tölenmegi bilen baglaşylsa, onda şeýle şertnama oýun ýaly garalýar. Eger tapawudy tölemek meýli diňe bir tarapda bolan, ýöne beýleki tarap bolsa şeýle meýli bilen ýa-da bilmeli bolan halatynda hem şol ulanylýar.

 

3 BÖLÜM. KANUN BOÝUNÇA BORÇNAMALY GATNAŞYKLAR

 

1 BAP. UMUMY HUKUKLAR

 

993 madda. Düşünje

 

Eger hukuk paýlary kesgitlemek bilen bilelikde birnäçe şahsa degişli bolsa, eger kanundan başgaça gelip çykmasa, şu babyň kadalary ulanylýar.

 

994 madda. Paýlaryň deňligi

 

Eger ýörite başgaça bellenilmese, her bir eýä deň paý degişlidir.

 

995 madda. Miwelere bolan hukuk

 

1. Her bir paýly eýä onuň paýyna deň ölçegde miweleriň bir bölegi degişlidir.

2. Her bir paýly eýe beýlekileriň peýdalanmagyna zyýan ýetirmezden bilelikdäki predmetden peýdalanmaga haklydyr.

 

996 madda. Umumy predmeti dolandyrmak

 

1. Paýly eýeler umumy predmeti bilelikde dolandyrýarlar.

2. Beýleki paýly eýeleriň razylygy bolmazdan her bir paýly eýe predmeti saklamak üçin zerur bolan çäreleri amala aşyrmaga haklydyr.

 

997 madda. Umumy predmet dolandyrylanda karar kabul etmek

 

1. Umumy predmetiň aýratynlyklaryna laýyklykda ony dolandyrmak we peýdalanmak hakyndaky karar sesleriň köplügi bilen kabul edilip bilner. Sesleriň köplügi paýlara laýyklykda hasaplanýar.

2. Eger bu köplügiň ylalaşygynda ýa-da kararynda düzgünleşdirilmese, her bir paýly eýe adalatlylyk garaýyşlaryna laýyklykda dolandyrmagy we peýdalanmagy talap edip biler.

3. Paýly eýeleriň razylygy bolmasa, onuň peýdalanyş paýyna bolan hukuklarynyň azaldylmagyna ýol berilmeýär.

 

998 madda. Umumy predmeti dolandyrmak kadalarynyň miras hakla degişli bolmagy

 

Eger paýly eýeler predmeti dolandyrmak we peýdalanmak kadalaryny kesgitleseler, onda bu kadalar miras hakly babatda hem degişlidir.

 

999 madda. Umumy predmete ygtyýar etmegiň tertibi

 

Her bir paýly eýe öz paýyna ygtyýar edip biler, umumy predmete ygtyýar etmek bolsa diňe bilelikde geçirilýär.

 

1000 madda. Umumy predmeti saklamak boýunça çykdajylar

 

Her bir paýly eýe beýleki paýly eýeler babatynda öz paýyna deň ölçegde, umumy predmet bilen baglanyşykly çykdajylary çekmäge borçludyr.

 

1001 madda. Umumy hukugy ýatyrmak

 

1. Her bir paýly eýe umumy hukugyň ýatyrylmagyny talap etmäge haklydyr.

2. Eger ylalaşyk arkaly ýatyrylmagyny talap etmek hukugy hemişelik aýrylsa ýa-da möhlet bilen çäklendirilse, onda ýatyrmak her niçik hem bolsa esasly sebäpler bolan mahalynda talap edilip bilner.

3. Ýatyrmagy talap etmek hukugynyň aýrylýan ýa-da bu kadalaryň garşysyna çäklendirilýän ylalaşyk hakyky däldir.

 

1002 madda. Umumy hukugy ýatyrmak hakyndaky ylalaşyk

 

Eger paýly eýeleriň umumy hukugyň ýatyrylmagyny talap etmek hukugy kesgitli möhlete aýrylsa, eger ylalaşykda başgaça kesgitlenmese, paýly eýe aradan çykan mahalynda ylalaşyk güýjüni ýitirýär.

 

1003 madda. Naturada paýlanylanda umumy hukugyň ýatyrylmagy

 

Eger umumy predmet (ýa-da predmetler) olaryň gymmatyny aşaklatmazdan bir kysymly böleklere bölünip bilinse, umumy hukuk naturada paýlamak bilen ýatyrylýar.

Paýly eýeleriň arasynda deň paýlary paýlamak bije boýunça geçirilýär.

 

1004 madda. Umumy hukugy eýeçilikden aýyrmak arkaly ýatyrmak

 

1. Eger naturada paýlamak aýrylsa, onda predmeti satmak, goýulan zady ýa-da ýer uçastogyny satmak we düşen serişdäni paýlamak arkaly umumy hukuk togtadylýar. Ýer uçastogy babatynda gozgalmaýan emlägi mejbury satmagyň kadalary ulanylýar. Eger umumy predmeti üçünji şahsa eýeçilikden aýyrmaklyk ýolberilmesiz bolsa, onda predmet paýly eýeleriň arasynda jemagat önündäki söwda bilen satylmalydyr.

2. Eger umumy predmet satylmadyk bolsa, her bir paýly eýe goşmaça söwdalary talap edip biler; eger goşmaça synanyşyk şowsuz gutarsa, şunda ol çykdajylaryň öwezini dolmalydyr.

 

1005 madda. Paýly eýeleriň raýdaşlyk jogapkärçiligi

 

1. Eger paýly eýeler şu Kodeksiň 1000 maddasyna laýyklykda öz paýlaryna proporsionallykda ýerine ýetirmeli bolsa ýa-da şeýle borçnamany ýerine ýetirmek maksady bilen öz üstüne alan talaba görä raýdaşlyk jogapkärçiligini çekseler, her bir paýly eýe umumy hukuk ýatyrylanda umumy predmetiň hasabyna berginiň üzülişmegini talap edip biler.

2. Eger berginiň öwezini dolmak üçin umumy predmeti satmak zerur bolsa, onda satmak şu Kodeksiň, 1004 maddasynyň kadalary boýunça geçirilýär.

 

1006 madda. Eýeler babatda talaplary kanagatlandyrmak

 

Eger paýly eýäniň beýleki paýly eýe babatynda umumy hukuga esaslanan talaby bolsa, onda bu hukuk togtadylanda umumy emlägiň bergidara berilmeli böleginden öz talabynyň öweziniň dolunmagyny talap edip biler.

 

1007 madda. Umumy hukuk ýatyrylanda paýly eýeleriň jogapkärçiligi

 

Eger umumy hukuk ýatyrylanda umumy predmet paýly eýeleriň birine berilse, onda beýleki paýly eýeleriň her biri öz paýyna laýyklykda zadynyň ýa-da hukugynyň ýetmezligi bilen baglanyşykly satyjy ýaly ýagdaýda jogapkärçilik çekýär.

 

1008 madda. Umumy hukugy ýatyrmak talabynyň hak isleýişini bildirmek wagty

 

Umumy hukugy ýatyrmak talabynyň hak isleýişini bildirmek wagty ýokdur.

 

2 BAP. KESEKINIŇ IŞLERINI TABŞYRYKSYZ ÝÖRETMEK

 

1009 madda. Kesekiniň işlerini ýöredijiniň borçlary

 

Başga şahsdan (eýelik ediji) tabşyryk almazdan ýa-da muňa ygtyýarlyklary bolmazdan onuň işlerini ýöredýän şahs (ýerine ýetiriji) işleri eýesiniň bähbitleriniň talap edişi ýaly, onun hakyky ýa-dýa çak edilýän erkini nazara almak bilen ýerine ýetirmäge borçludyr.

 

1010 madda. Howpuň öňüni almak maksady bilen işleri ýöretmek

 

 1. Eger işleri ýöretmegiň maksady eýelik edijä wehim salýan hakyky howpuň öňüni almak bolsa, onda ýerine ýetiriji niýeti ýa-da gödek geleňsizlik üçin jogapkärçilik çekýär.

2. Başga şahsa ýa-da emläge hakykatda wehim salan howpuň öňüni almakda ýerine ýetirijä ýetirilen zyýan ýerine ýetirijiniň hukuk borçlaryna hem girmeýän, zyýan howpy döreden şahs tarapyndan ýa-da ýerine ýetirijiniň halas etmek üçin çalşan şahsy tarapyndan tölenmelidir.

 

1011 madda. Habar bermek borjy

 

Ýerine ýetiriji işleri ýöretmegi öz üstüne alýandygy hakynda eýelik edijä ilkinji mümkinçilikde habar bermäge hem-de haýallyk etmek peýdasyz netijeleri getirmese onuň kararyňa garaşmaga borçludyr.

 

1012 madda. Ýerine ýetirilen iş hakynda hasabat bermek

 

Ýerine ýetiriji ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty eýelik edijä bermäge hem-de ýerine ýetirmek netijesinde ähli alnanlary oňa gaýtarmaga borçludyr.

 

1013 madda. Çykdajylary tölemek

 

Eger işleri ýöretmek eýelik edijiniň bähbitlerine we hakyky ýa-da çak edilýän erkine laýyk gelýän bolsa, onda ýerine ýetiriji çeken çykdajylarynyň tölenmegini talap etmäge haklydyr.

 

1014 madda. Çekilen çykdajylary tölemäge ýol bermezlik

 

Eger ýerine ýetirijiniň işleri ýöretmegi eýelik edijiniň bähbitlerine we hakyky ýa-da çak edilýän erkine garşy gelýän bolsa, onda ýerine ýetiriji çeken çykdajylarynyň tölenmegini talap edip bilmez. Eger ýerine ýeti