Türkmenistanyň Jenaýat-Ýerine Ýetiriş Kodeksi

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksini

tassyklamak we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 8-nji madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksini tassyklamaly.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksini 2011-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizmeli.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň güýje giren gününden başlap Türkmenistan SSR Ýokary Soweti tarapyndan kabul edilen, 1971-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistan SSR-niň Düzediş-zähmet kodeksini hem-de oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňky kanunlary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

 

4-nji madda.rkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine laýyk getirilýänçä, Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

Türkmenistanyň                                                          Gurbanguly

     Prezidenti                                                            Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2011-nji ýylyň 25-nji marty.

№ 164-IV.

 

 

TÜRKMENISTANYŇ

JENAÝAT-ÝERINE ÝETIRIŞ KODEKSI

 

UMUMY BÖLEK

 

I bölüm.

ESASY DÜZGÜNLER

 

1-nji bap.

UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kodeksden we onuň esasynda kabul edilen jenaýat jezasyny ýerine ýetirmegiň umumy düzgünlerini we ýörelgelerini belleýän, jenaýat jezasyny ýerine ýetirmegiň we çekmegiň hem-de iş kesilenlere gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çärelerini ulanmagyň tertibini we şertlerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygyny ulanmak jenaýat jezalaryny ýerine ýetirmegiň we iş kesilenlere çemeleşmegiň, şol sanda iş kesilenleri gynamalardan, zorlukdan we iş kesilenlere beýleki rehimsiz ýa-da adam mertebesini kemsidýän çemeleşmelerden goramagyň kepilliklerini berk berjaý etmäge degişli halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine esaslanýar.

3. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksde göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygynyň maksatlary we wezipeleri

 

1. Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygynyň maksatlary iş kesilenleri düzetmek hem-de iş kesilenler we beýleki adamlar tarapyndan täze jenaýatlaryň edilmeginiň öňüni almak bolup durýar.

2. Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygynyň wezipeleri jenaýat jezasyny ýerine ýetirmegiň we çekmegiň tertibini hem-de şertlerini düzgünleşdirmek, jezany ýerine ýetirmegiň barşynda onuň maksatlaryna ýetmegiň serişdelerini kesgitlemek, iş kesilenleriň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem durmuşa uýgunlaşmakda olara kömek bermek bolup durýar.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygynyň ýörelgeleri

 

1. Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygy kanunylyk, ynsanperwerlik, demokratik, iş kesilenleriň kanunyň öňündäki deňligi, jezany ýerine ýetirmegi we gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çärelerini ulanmagy differensirlemek we aýratynlaşdyrmak, mejbur ediş çärelerini, iş kesilenleri düzetmek we olaryň kanuna eýermek taýdan özüni alyp barmagyny höweslendirmek serişdelerini rejeli peýdalanmak, jezany düzediş taýdan täsir etmek bilen birleşdirmek ýörelgelerine esaslanýar.

2. Jenaýat jezasyny çekýän adam ynsanperwer çemeleşilmegine we adam şahsyýetine mahsus bolan mertebäniň hormatlanylmagyna bolan hukuga eýedir.

3. Jenaýat jezasyny çekýän iş kesilenleriň milleti, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk we wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ygtykady, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi alamaty boýunça kemsidilmegine ýol berilmeýär.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygynyň giňişlik we wagt boýunça hereketi

 

1. Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygy Türkmenistanyň bütin çäginde ulanylýar.

2. Jenaýat jezasyny ýerine ýetirmek, şeýle hem iş kesilenleri düzetmek serişdelerini durmuşa geçirmek we boşadylýan adamlara kömek bermek olaryň ulanylýan wagtynda hereket edýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Saklanyş düzgüniniň bozulandygy üçin jogapkärçiligi belleýän ýa-da jezany güýçlendirýän, şeýle hem başga bir görnüşde iş kesilenleriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan kanunyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur.

 

5-nji madda. Jenaýat jezasyny ýerine ýetirmegiň we jenaýat-hukuk taýdan täsir ediş çärelerini ulanmagyň esaslary

 

Kazyýetiň kanuny güýje giren aýyplaw hökümi (mundan beýläk - höküm) ýa-da ony üýtgedýän ýa-da sökýän kazyýetiň kesgitnamasy ýa-da karary, şeýle hem rehim etme ýa-da günä geçme namasy jenaýat jezasyny ýerine ýetirmegiň we jenaýat-hukuk taýdan täsir ediş çärelerini ulanmagyň esaslary bolup durýar.

 

6-njy madda. Iş kesilenleri düzetmek we onuň esasy serişdeleri

 

1. Iş kesilenleri düzetmek – munuň özi olarda kanuna eýermek taýdan özüni alyp barmagy, adama, jemgyýete, zähmete, jemgyýetçilik ahlagyna, adamyň umumy ýaşaýşynyň kadalaryna, düzgünlerine we däplerine hormat goýujylykly gatnaşygy emele getirmekdir.

2. Jezany ýerine ýetirmegiň we çekmegiň bellenilen tertibi (düzgün), jemgyýete peýdaly zähmet, terbiýeçilik işi, umumy orta bilimi almak, hünär taýýarlygy, psihologik we psihososial goldaw we jemgyýetçilik taýdan täsir etmek iş kesilenleri düzetmegiň esasy serişdeleri bolup durýar.

3. Iş kesilenleri düzetmegiň serişdeleri jenaýat jezasynyň görnüşini, edilen jenaýatyň häsiýetini we jemgyýet üçin howplulyk derejesini, iş kesilenleriň ýaşyny, saglyk ýagdaýyny, şahsyýetini we özüni alyp barşyny hasaba almak bilen ulanylýar.

 

2-nji bap.

IŞ KESILENLERIŇ HUKUK ÝAGDAÝY

 

7-nji madda. Iş kesilenleriň hukuk ýagdaýynyň esaslary

 

1. Döwlet iş kesilenleriň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goragyny kepillendirýär, jenaýat jezasyny çekmegiň we gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çärelerini ulanmagyň kanunda bellenilen şertlerini, durmuş adalatlylygynyň berjaý edilmegini üpjün edýär.

2. Jenaýat jezalary ýerine ýetirilende Türkmenistanyň kanunçylygynda iş kesilenler üçin bellenilen alynmalary we çäklendirmeleri göz öňünde tutmak bilen iş kesilenlere Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary we azatlyklary kepillendirilýär. Iş kesilenler, kanunda bellenilen halatlardan başga ýagdaýlarda, özleriniň raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylyp bilinmez.

3. Jenaýat edendigi üçin iş kesilenler bellenilen esasy jeza möhletini doldurýança ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jezadan boşadylýança olaryň Türkmenistanyň çäginden gitmegi wagtlaýyn çäklendirilip bilner, Türkmenistanyň halkara ylalaşyklarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

Türkmenistanyň çäginden gitmegi wagtlaýyn çäklendirmek belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek we azatlygy çäklendirmek görnüşindebellenilen goşmaça jezalary çekýän iş kesilenler babatda hem ulanylyp bilner.

4. Türkmenistanda jenaýat jezasyny çekýän daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen kesgitlenilýär.

5. Iş kesilenleriň hukuklary we borçlary, şeýle hem bu hukuklardan we borçlardan alynmalar we olaryň çäklendirmeleri jenaýat jezasynyň anyk görnüşini ýerine ýetirmegiň tertibinden we şertlerinden ugur alnyp kesgitlenilýär.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky we 2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda; 2015 ý., №__, ___-nji madda)

 

8-nji madda. Iş kesilenleriň esasy hukuklary

 

1. Iş kesilenleriň özleriniň hukuklary we borçlary, kazyýet tarapyndan bellenen jenaýat jezasynyň görnüşini çekmegiň tertibi we şertleri hakynda maglumat almaga hukugy bardyr. Düzediş edarasyna gelmegi bilen administrasiýa iş kesilenlere çemeleşmegiň düzgünlerine, bu edaranyň talaplaryna, şeýle hem şikaýatlary bermegiň tertibine degişli ýazmaça maglumaty iş kesilenleriň her birine bermäge borçludyr. Käbir halatlarda bu barada iş kesilenlere dilden habar berlip bilner. Jenaýat jezasyny çekmegiň tertibiniň we şertleriniň üýtgemeleri bilen iş kesilenler öňünden gol çekdirilip tanyşdyrylýar.

2. Iş kesilenleriň şahsy mertebesini duýmagy pugtalandyrmaga we özleriniň jogapkärçiligine düşünmäge gönükdirilen işgärler tarapyndan özlerine sypaýyçylykly çemeleşilmegine hukugy bardyr. Olar gynamalara, rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän çemeleşmelere sezewar edilmeli däldir. Mejbur ediş çäreleri iş kesilenlere diňe kanun esasynda ulanylyp bilner.

3. Iş kesilenler olaryň razylygyna garamazdan, öz janyny we saglygyny howp astynda goýýan lukmançylyk we beýleki synaglara sezewar edilip bilinmez.

4. Iş kesilenleriň jezalary ýerine ýetirýän edaranyň administrasiýasyna, onuň ýokarda durýan edaralaryna we beýleki ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna, kazyýete, prokuratura edaralaryna, Adalatça, jemgyýetçilik birleşiklerine, şeýle hem, eger hukuk goragynyň bar bolan ähli içerki döwlet serişdeleri tamamlanan bolsa, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça halkara guramalaryna teklipler, arzalar we şikaýatlar bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr.

5. Iş kesilenler ene dilinde ýa-da özleriniň bilýän islendik başga dillerinde düşündirişler bermäge we hat alyşmaga, şeýle hem şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen teklipler, arzalar we şikaýatlar bilen ýüzlenmäge, zerur bolan halatlarynda bolsa bellenilen tertipde terjimeçiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaga haklydyrlar.

6. Lukmançylyk netijenamasyna baglylykda ilkinji lukmançylyk-sanitariýa we ýöriteleşdirilen, gatnawly ýa-da ýatymlaýyn usully şertlerde lukmançylyk kömegini almagy hem goşmak bilen iş kesilenleriň saglygyny goramaga hukugy bardyr. Zerur halatynda, şeýle hem azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde bolýan iş kesileniň talap etmegi boýunça, olara synany lukmançylyk taýdan garaşsyz gözden geçirtmek mümkinçiligi üpjün edilýär.

7. Iş kesilenleriň düzediş edaralarynyň psiholog işgärleri we şeýle kömegi bermäge hukugy bolan başga adamlar tarapyndan berilýän psihologik kömegi almaga hukugy bardyr. Iş kesilenleriň psihologik taýdan kömek bermek bilen baglanyşykly çärelere gatnaşmagy diňe olaryň razylygy bilen amala aşyrylýar.

8. Iş kesilenleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pensiýalary we döwlet kömek pullaryny almaga hukugy bardyr.

9. Iş kesilenleriň kämil ýuridik kömegi almak üçin adwokatlaryň we şeýle kömegi bermäge hukugy bolan beýleki adamlaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaga hukugy bardyr.

10. Iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň öz döwletleriniň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary, Türkmenistanda diplomatik we konsullyk edaralary bolmadyk ýurtlaryň raýatlarynyň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň, olaryň bähbitlerini goramagy üstüne alýan döwletleriň diplomatik wekilhanalary bilen ýa-da olary goramak bilen meşgullanýan islendik milli ýa-da halkara edarasy bilen aragatnaşyk saklamaga hukugy bardyr.

11. Azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jeza çekýän iş kesilenlere olaryň haýsy-da bir ýakyn garyndaşynyň ölendigi ýa-da agyr keselländigi barada gaýragoýmazdan habar berilýär.

12. Beden, psihiki, intellektual ýa-da sensor taýdan durnukly bozulmalary bolan iş kesilen maýyplaryň hem iş kesilenleriň beýleki toparlarynyň hukuklary ýaly hukuklary bardyr.

13. Iş kesilenleriň hukuklaryny durmuşa geçirmegiň tertibi şu Kodeks, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.

14. Iş kesilenleriň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi içerki tertip-düzgüni bozmaly däldir, şeýle hem beýleki adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini kemsitmeli däldir.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

9-njy madda. Iş kesilenleriň şahsy howpsuzlyga bolan hukugy

 

1. Iş kesilenleriň şahsy howpsuzlyga hukugy bardyr.

2. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza iş kesilenleriň şahsy howpsuzlygyna beýleki iş kesilenler ýa-da gaýry adamlar tarapyndan howp abanan halatynda ol şahsy howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hakyndaky haýyş bilen jezany çekýän ýerindäki düzediş edarasynyň islendik wezipeli adamyna arza bilen ýüz tutmaga haklydyr. Şu ýagdaýda wezipeli adam ýüz tutan iş kesileniň şahsy howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmäge borçludyr.

3. Düzediş edarasynyň başlygy iş kesileniň arzasy ýa-da öz başlangyjy boýunça iş kesileni howpsuz ýere geçirmek barada karar kabul edýär, iş kesilen babatda jenaýaty amala aşyrmak howpuny aradan aýyrýan beýleki çäreleri görýär.

 

10-njy madda. Iş kesilenleriň dinlere we dine uýmak erkinligini üpjün etmek

 

1. Iş kesilenlere dinlere we dine uýmak erkinligi kepillendirilýär. Iş kesilenler islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga, dini ýa-da ateistik ynançlary erkin saýlamaga ýa-da edinmäge we olara laýyklykda hereket etmäge haklydyrlar.

2. Düzediş edaralarynda dini däp-dessurlar we adatlar amala aşyrylanda içerki tertip-düzgün, şeýle hem beýleki iş kesilenleriň hukuklary bozulmaly däldir.

3. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän adamlara olaryň haýyşy boýunça bu edaralaryň ýerleşýän ilatly ýerleriniň çäklerinde dini dessurlary ýerine ýetiriş edaralaryna barmaga rugsat berlip bilner.

4. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekýän adamlara olaryň haýyşy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alnan dini guramalaryň ruhanylary çagyrylýar. Düzediş edaralarynda iş kesilenlere dini däp-dessurlary amala aşyrmaga, din esbaplary we dini edebiýaty edinmäge we olardan peýdalanmaga rugsat berilýär. Şu maksatlar üçin düzediş edarasynyň administrasiýasy degişli jaýlary bölüp berýär.

5. Aýratyn düzgünli düzediş edaralarynyň jerime otaglarynda, ýeke adamlyk tussag otaglarynda, şeýle hem jerime we düzgün-nyzam gabawhanalarynda, tussag otagy görnüşli jaýlarda saklanýan iş kesilenleriň ýanyna dini ruhanylar olaryň şahsy howpsuzlygyny üpjün etmek şerti bilen goýberilýär.

 

11-nji madda. Iş kesilenleriň ýüztutmalary we olara garamagyň tertibi

 

1. Iş kesilenler teklipleri, arzalary we şikaýatlary, şol sanda hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça iberip bilerler.

2. Iş kesilenleriň teklipleri, arzalary we şikaýatlary dilden we ýazmaça bolup biler. Olara jezany ýerine ýetirýän edaranyň administrasiýasy tarapyndan gaýragoýmazdan garalýar.

3. Azatlykdan mahrum etmek, harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki jezalara iş kesilenleriň teklipleri, arzalary we şikaýatlary degişli salga jezany ýerine ýetirýän edaralaryň administrasiýasy tarapyndan iberilýär. Jezanyň başga görnüşlerine iş kesilenler tekliplerini, arzalaryny we şikaýatlaryny özbaşdak iberýärler.

4. Iş kesilenleriň jezany ýerine ýetirýän edaralaryň administrasiýasynyň çözgütleri we hereketleri babatdaky teklipleri, arzalary we şikaýatlary bu çözgütleriň we hereketleriň ýerine ýetirilmegini togtatmaýarlar. Iş kesilenleriň teklipleri, arzalary we şikaýatlary äşgär esasly bolan halatynda bu ýüztutma seredýän wezipeli adam öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şikaýat edilýän çözgüdiň ýa-da hereketiň ýerine ýetirilmegini togtadýar ýa-da onuň ýerine ýetirilmegini togtatmak baradaky teklip bilen şeýle ygtyýarlyklara eýe bolan wezipeli adama ýüzlenýär.

5. Iş kesilenleriň teklipleri, arzalary we şikaýatlary iberilen edaralar we wezipeli adamlar tarapyndan kanunda bellenilen möhletlerde olara garalmalydyr we kabul edilen çözgütler iş kesilenleriň dykgatyna ýetirilmelidir.

 

12-nji madda. Iş kesilenleriň esasy borçlary

 

1. Iş kesilenler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen borçlary ýerine ýetirmelidirler, şeýle hem özüňi alyp barmagyň jemgyýetde kabul edilen kadalaryny berjaý etmelidirler.

2. Iş kesilenler Türkmenistanyň jenaýat jezasyny çekmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýän kanunlarynyň, şeýle hem olara laýyklykda kabul edilen beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

3. Iş kesilenler jezalary ýerine ýetirýän edaralaryň administrasiýasynyň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

4. Iş kesilenler işgärlere, edara gelýän beýleki adamlara, şeýle hem beýleki iş kesilenlere sypaýyçylykly garamaga borçludyrlar.

5. Iş kesilenler jezalary ýerine ýetirýän edaralaryň administrasiýasynyň çagyrmagy boýunça barmaga we hökümiň talaplaryny ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça düşündirişler bermäge borçludyrlar. Esasly sebäpler bolmazdan barmadyk halatynda iş kesilen mejbury getirilmäge sezewar edilip bilner.

6. Iş kesilenler tarapyndan öz üstüne ýüklenen borçlaryň, şeýle hem jezalary ýerine ýetirýän edaralaryň administrasiýasynyň kanuny talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

3-nji bap.

JEZALARY ÝERINE ÝETIRÝÄN EDARALAR WE

OLARYŇ IŞINE GÖZEGÇILIK

 

13-nji madda. Jezalary ýerine ýetirýän edaralar

 

1. Jerime, ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek we emlägi muzdsuz almak görnüşindäki jezalar hökümi çykaran kazyýetiň, şeýle hem emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça, iş kesileniň ýaşaýan we işleýän ýerleri boýunça kazyýetiň kazyýet ýerine ýetirijileri tarapyndan ýerine ýetirilýär.

2. Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek görnüşindäki jeza kazyýet tarapyndan azatlykdan mahrum etmek ýa-da harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki jeza goşmaça jeza hökmünde bellenen halatynda ol degişlilikde düzediş edarasy ýa-da harby-düzediş bölümi tarapyndan ýerine ýetirilýär.

3. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jeza iş kesileniň ýaşaýan ýeri ýa-da jezany çekýän ýerindäki içeri işler edarasy tarapyndan ýerine ýetirilýär. Hökümiň belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek hakyndaky talaby iş kesileniň işleýän ýeriniň administrasiýasy, şeýle hem işiň degişli görnüşleri bilen meşgullanmaga rugsady kanuna laýyklykda ýatyrmaga ygtyýarly edaralar tarapyndan ýerine ýetirilýär.

4. Düzediş işleri we azatlygy çäklendirmek görnüşindäki jezalar iş kesileniň ýaşaýan ýeriniň çägindäki içeri işler edarasy tarapyndan ýerine ýetirilýär..

5. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jeza Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen çäkdäki içeri işler edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýär.

6. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza düzediş edarasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Düzediş edaralarynda Türkmenistanyň Baş prokurory bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministri tarapyndan tassaklanylýan Düzediş edaralarynyň içerki tertip-düzgün kadalary (mundan beýläk - Içerki tertip-düzgün kadalary) hereket edýär.

7. Harby ýa-da beýleki atdan mahrum etmek görnüşindäki jeza Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bu harby ýa-da beýleki atlary dakmak boýunça ygtyýarlyklary amala aşyrýan edara ýa-da wezipeli adam tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Döwlet sylaglaryndan, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan dakylan harby we beýleki atlardan mahrum etmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

8. Harby gullukçylar babatdaky jezalar: harby-düzediş bölüminde saklamak - munuň üçin ýörite niýetlenen harby bölümler tarapyndan; harby gulluk boýunça çäklendirme – harby gullukçynyň gullugy geçýän ýerindäki harby bölüminiň serkerdeligi tarapyndan ýerine ýetirilýär.

9. Şertleýin iş kesilenleriň synag möhletiniň dowamynda we iş kesilip jeza çekmegi yza süýşürilen göwreli aýallaryň we sekiz ýaşyna çenli çagasy bolan aýallaryň özüni alyp barşyna gözegçilik iş kesilenleriň ýaşaýan ýerindäki içeri işler edaralary, harby gullukçylar babatda bolsa harby bölümleriň we edaralaryň serkerdeligi tarapyndan amala aşyrylýar.

10. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, azatlygy çäklendirmek, düzediş işleri, belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezalary ulanylan iş kesilenlere jezalaryny çekýän döwürlerinde, şeýle hem şertleýin iş kesilip synag möhleti bellenenlere, iş kesilip jeza çekmegi yza süýşürilen göwreli aýallara we sekiz ýaşyna çenli çagalary bolan aýallara gözegçilik etmek maksady bilen jezany ýerine ýetirýän edara aragatnaşyk serişdelerini (telefon we ş.m.), şol sanda elektron gözegçiligiň tehnologiýalaryny (wideogözegçilik, elektron bilezikleri, simsiz tehnologiýalar we ş.m.) ulanyp biler.

11. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde bolýan we düzediş edarasynyň goralýan çäkleriniň daşynda ýansaklawsyz ýa-da ugradyjysyz hereket etmäge hukugy bolan iş kesilenlere hem elektron gözegçiligiň tehnologiýalary ulanylyp bilner.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky we 2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2014-nji ýyl, №1, 42 -nji madda; 2015 ý., №__, ___-nji madda)

 

14-nji madda. Jezanyň çekilýän ýeri we iş kesilenler bilen baglanyşykly beýleki ýagdaýlar hakynda habarly etmek

 

1. Jezalary ýerine ýetirýän edaranyň administrasiýasy iş kesileniň jenaýat jezasyny çekýän ýerine gelendigi ýa-da jezanyň çekilýän bir ýerinden başga ýerine geçirilendigi hakynda onuň gelen gününden üç gije-gündizden gijä galman höküm çykaran kazyýete, şeýle hem iş kesileniň ýakyn garyndaşlarynyň birine ýa-da onuň garamagy boýunça başga adama habar bermäge borçludyr.

2. Jenaýat jezasyny çekýän ýerinde iş kesileniň ölen, agyr kesellän ýa-da agyr şikes alan halatynda ýa-da ol psihiki taýdan keselliler üçin edara geçirilen ýagdaýynda düzediş edarasynyň administrasiýasy gaýragoýmazdan höküm çykaran kazyýete, şeýle hem iş kesileniň ýakyn garyndaşlarynyň birine ýa-da onuň özi tarapyndan öň görkezilen başga adama habar bermäge borçludyr.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen halatlar iş kesilen daşary ýurt döwletiniň raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam babatda bolan ýagdaýlarynda jezalary ýerine ýetirýän edara bu barada bellenilen tertipde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine habar bermäge borçludyr.

 

15-nji madda. Iş kesilenlere lukmançylyk häsiýetli çäreleri ulanmak

 

1. Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomaniýadan, şeýle hem akyly düzüwliligi aradan aýyrmaýan psihiki taýdan bozulmadan ejir çekýän azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler babatda kazyýetiň çözgüdi boýunça bu jezany ýerine ýetirýän düzediş edaralary tarapyndan lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreler ulanylýar. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekýän adam bejeriş edarasyna ýerleşdirilen halatynda onda bolnan wagt jezanyň çekilýän möhletine goşulýar.

2. Iş kesileniň şu maddanyň birinji böleginde agzalan jezany çekýän döwründe onuň arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomaniýadan, şeýle hem akyly düzüwliligi aradan aýyrmaýan psihiki taýdan bozulmadan ejir çekýändigi anyklanylan halatynda, düzediş edarasy häkimlikleriň ýanyndaky jenaýat jezalaryny ýerine ýetirýän edaralaryň işinde kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek hem-de jeza çäresini çekýänler we ondan boşap, gözegçilikde duranlar bilen iş geçirýän gözegçilik topary bilen bilelikde şeýle adama lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreler ulanmak baradaky teklipnamany düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki kazyýete iberýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen jeza iş kesilen WIÇ-infisirlenen keselliler, şeýle hem açyk görnüşdäki inçekesel bilen keselliler ýa-da weneriki keseli bejermegi doly geçmedikler babatda lukmançylyk toparynyň çözgüdi boýunça degişli jezany ýerine ýetirýän düzediş edaralary tarapyndan hökmany bejeriş ulanylýar.

4. Şu maddanyň birinji ýa-da üçünji böleklerinde sanalyp geçilen keseller bilen keselläne azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk jeza iş kesilen bolsa, bejeriş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda umumy esaslarda ulanylýar.

 

16-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň gözegçiligi

 

1. Ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary öz çäklerinde ýerleşýän jezalary ýerine ýetirýän edaralaryň işine gözegçilik edýärler. Gözegçiligi amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

2. Iş kesilenleri düzetmekde, şeýle hem jezalary we jenaýat-hukuk taýdan täsir etmegiň beýleki çärelerini ulanmagy ýerine ýetirýän edaralaryň işine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmakda häkimlikleriň ýanyndaky jenaýat jezalaryny ýerine ýetirýän edaralaryň işinde kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek hem-de jeza çäresini çekýänler we ondan boşap, gözegçilikde duranlar bilen iş geçirýän gözegçilik toparlary (mundan beýläk – gözegçilik topary), kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler babatda bolsa – etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimlikleriniň ýanyndaky kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparlary (mundan beýläk – kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar) gatnaşýarlar. Gözegçilik toparlarynyň we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparlaryň işiniň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

 

17-nji madda. Kazyýet gözegçiligi

 

1. Höküm çykaran kazyýet höküminiň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge borçludyr. Höküm kanuny güýje giren gününden üç gije-gündizden gijä galman işe sereden birinji basgançakly kazyýet tarapyndan ýerine ýetirmek üçin iberilýär. Kazyýetiň hökümi ýerine ýetirmek hakyndaky buýrugy hökümiň ýa-da beýleki kazyýet çözgüdiniň göçürme nusgasy bilen bilelikde şu Kodekse laýyklykda hökümi ýerine ýetirmek borjy üstüne ýüklenen jezalary ýerine ýetirýän edara iberilýär. Höküm üýtgedilen ýa-da sökülen halatynda onuň göçürme nusgasyna kesgitnamanyň ýa-da kararyň göçürme nusgasy goşulýar.

2. Jezalary ýerine ýetirýän edaralar hökümiň ýerine ýetirmäge berlendigi hakynda höküm çykaran kazyýete gaýragoýmazdan habar berýärler. Düzediş edarasynyň administrasiýasy we harby-düzediş bölüminiň serkerdeligi iş kesilenleriň azatlykdan mahrum etmek we harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki jezalary çekmegi başlandygy we onuň ýeri, şeýle hem iş kesilenleriň bu jezalary çekmekden boşandygy barada höküm çykaran kazyýete habar berýärler.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde kazyýet jezalary ýerine ýetirýän edaralaryň administrasiýasynyň hereketlerine iş kesilenler tarapyndan getirilen şikaýatlara garaýar.

 

18-nji madda. Pudaklaýyn gözegçilik

 

Jezalary ýerine ýetirýän edaralaryň işine pudaklaýyn gözegçilik ýokarda durýan dolandyryş edaralary we wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylýar. Pudaklaýyn gözegçiligi amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

 

19-njy madda. Jenaýat jezasy ýerine ýetirilende kanunlaryň berjaý edilişine prokuror gözegçiligi

 

Jenaýat jezasy ýerine ýetirilende kanunlaryň berjaý edilişine prokuror gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory hem-de oňa tabyn prokurorlar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

20-nji madda. Iş kesilenleriň düzelmegine jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy

 

1. Jemgyýetçilik birleşikleri iş kesilenleriň düzelmegine we jemgyýetde durmuşa uýgunlaşmagyna, şeýle hem jezalary ýerine ýetirýän edaralaryň işine jemgyýetçilik gözegçiliginiň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar.

2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň iş kesilenleriň düzelmegine, şeýle hem jezalary ýerine ýetirýän edaralaryň işine jemgyýetçilik gözegçiliginiň amala aşyrylmagyna gatnaşmagynyň görnüşleri we tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

 

21-nji madda. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany ýerine ýetirýän edaralara barmak

 

1. Gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde ýörite rugsat bolmazdan azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezany ýerine ýetirýän edaralara barmak hukugyna şu aşakdakylar eýedirler:

1) Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň orunbasarlary, şeýle hem olar tarapyndan ygtyýarly edilen prokurorlar we degişli çäkde jenaýat jezasy ýerine ýetirilende kanunlaryň berjaý edilmegine gözegçiligi gös-göni amala aşyrýan prokurorlar;

11) Adalatçy;

2) düzediş edaralarynyň ýokarda durýan dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlary;

3) kazyýet düzediş edarasynyň çäklerinde işe seredende kazyýetiň düzümi we beýleki gatnaşýan adamlar;

4) degişli ýerleriň çäklerinde welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri;

5) degişli ýerleriň çäklerinde düzediş edaralarynyň işine gözegçilik edýän gözegçilik we beýleki toparlaryň agzalary.

2. Iş kesilenleriň saýlamagy boýunça, olara hukuk kömegini bermek barada Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde baglaşylan şertnamalara laýyklykda adwokatlaryň we kämil ýuridik kömegi bermäge hukugy bolan beýleki adamlaryň azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde saklanýan iş kesilenleriň ýanyna barmaga hukugy bardyr.

3. Jezalary ýerine ýetirýän edaralaryň işine gözegçilik edýän jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezany ýerine ýetirýän edaralara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde baryp bilerler.

4. Daşary ýurt döwletleriniň diplomatik we konsullyk edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde saklanýan iş kesilenleriň ýanyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde baryp bilerler.

5. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we beýleki adamlaryň azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezany ýerine ýetirýän edaralara bu edaralaryň administrasiýasynyň ýa-da ýokarda durýan degişli dolandyryş edaralarynyň ýörite rugsady boýunça barmaga hukugy bardyr.

6. Iş kesilenleri kino, surata we wideoýazga düşürmäge, olar bilen söhbetdeş bolmaga, şol sanda audio-wideo tehniki serişdelerini ulanmak bilen, düzediş edaralarynyň administrasiýasy ýa-da ýokarda durýan degişli dolandyryş edaralary tarapyndan iş kesilenleriň özleriniň ýazmaça razylygy bilen rugsat berilýär.

7. Gerek bolmajak aýanlyk ýa-da abraýyna şek ýetirmek zerarly kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilene zyýan ýetirilmeginden gaça durmak bilen terbiýeleýiş edarasynyň administrasiýasy kämillik ýaşyna ýetmedigiň ýaşyrynlyga bolan hukugyny üpjün etmäge borçludyr. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleri kino, surata we wideoýazga düşürmek, olar bilen söhbetdeş bolmak, şol sanda audio-wideo tehniki serişdelerini ulanmak bilen, diňe olaryň islegine görä we kämillik ýaşyna ýetmedigiň özüniň, onuň ata-eneleriniň ýa-da kanuny wekilleriniň razylygy we habarlylygy degişli tertipde resmileşdirilenden soň geçirilýär. Şekilleri hem öz içine almagy bilen, kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleriň şahsyýetini görkezmäge getirip biljek maglumat çap edilmäge degişli däldir.

8. Edaralaryň howpsuzlygyny we iş kesilenleriň goragyny üpjün edýän obýektleri kino, surata we wideoýazga düşürmek düzediş edaralarynyň administrasiýasynyň ýa-da ýokarda durýan degişli dolandyryş edaralarynyň rugsady bilen amala aşyrylýar.

(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2017-nji ýyl, №1, -nji madda)

 

AÝRATYN BÖLEK

 

II bölüm.

AZATLYKDAN MAHRUM ETMEK BILEN BAGLANYŞYKLY BOLMADYK JEZALARY ÝERINE ÝETIRMEK

 

4-nji bap.

ÝETIRILEN ZYÝANY DÜZETMEK BORJUNY ÝÜKLEMEK GÖRNÜŞINDÄKI JEZANY ÝERINE ÝETIRMEK

 

22-nji madda. Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny ýüklemek görnüşindäki jezanyň mazmuny

 

Iş kesilenler jebir çekene ýetirilen zyýany aradan aýyrmak, maddy we ahlak taýdan zyýanyň öwezini dolmak, şeýle hem ondan jemagat öňünde ötünç soramak arkaly Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde ýetirilen zyýany gös-göni düzetmäge borçludyrlar.

 

23-nji madda. Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek görnüşindäki jezany ýerine  ýetirmegiň tertibi

 

1. Esasy jeza ýa-da azatlykdan mahrum etmek ýa-da harby-düzediş bölüminde saklamak bilen baglanyşykly bolmadyk jeza goşmaça jeza hökmünde bellenende ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek görnüşindäki jezany ýerine ýetirmek hökümi çykaran kazyýetiň ýa-da iş kesileniň ýaşaýan ýeri boýunça kazyýetiň kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Azatlykdan mahrum etmek ýa-da harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki jezalara goşmaça jeza hökmünde bellenen ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek görnüşindäki jezany ýerine ýetirmek iş kesileniň jezany çekýän ýeri boýunça düzediş edarasy ýa-da harby-düzediş bölümi tarapyndan amala aşyrylýar.

 

24-nji madda. Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek görnüşindäki jezany ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmak

 

Iş kesilen ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek görnüşindäki jezany ýerine ýetirmekden boýun gaçyran halatynda bu jeza Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde bellenilen tertipde kazyýet tarapyndan jerime ýa-da düzediş işleri bilen çalşyrylyp bilner.

 

5-nji bap.

JERIME GÖRNÜŞINDÄKI JEZANY ÝERINE ÝETIRMEK

 

25-nji madda. Jerime görnüşindäki jezany ýerine ýetirmegiň tertibi

 

1. Iş kesilen hökümiň kanuny güýje giren gününden başlap üç aýyň dowamynda jerimäniň möçberini tölemäge borçludyr.

2. Eger iş kesileniň jerimäni bir wagtda tölemäge mümkinçiligi bolmasa, kazyýet iş kesileniň towakganamasy boýunça tölegi bir ýyla çenli möhlete yza süýşürip ýa-da möhletlere bölüp töledip biler.

3. Şu Kodeksiň 26-njy maddasynda göz öňünde tutulandan başga halatlarda, iş kesilen tarapyndan jerime tölenilmese, ony töletmek Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

 

26-njy madda. Kazyýet tarapyndan esasy jeza hökmünde bellenen jerimäni tölemekden bilkastlaýyn boýun gaçyrylmagynyň netijeleri

 

Esasy jeza hökmünde bellenen jerimäni tölemekden bilkastlaýyn boýun gaçyrylan halatynda kazyýet tarapyndan jerime Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde bellenen tertipde jezalaryň beýleki görnüşleri bilen çalşyrylyp bilner.

 

6-njy bap.

BELLI BIR WEZIPEDE IŞLEMEK ÝA-DA BELLI BIR IŞ BILEN MEŞGULLANMAK HUKUGYNDAN MAHRUM ETMEK GÖRNÜŞINDÄKI JEZANY ÝERINE ÝETIRMEK

 

27-nji madda. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jezany ýerine ýetirmegiň tertibi

 

1. Esasy jeza ýa-da azatlykdan mahrum etmek ýa-da harby-düzediş bölüminde saklamak bilen baglanyşykly bolmadyk jeza goşmaça jeza hökmünde bellenende, şeýle hem şertleýin iş kesilende, belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jezany iş kesileniň ýaşaýan ýa-da işleýän ýeri boýunça jezany ýerine ýetirýän edaralar ýerine ýetirýärler.

2. Bu jeza azatlykdan mahrum etmek ýa-da harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki esasy jeza goşmaça jeza hökmünde bellenende görkezilen jezany ýerine ýetirmek iş kesilen esasy jezany çekeninden soň onuň ýaşaýan ýa-da işleýän ýeri boýunça jezany ýerine ýetirýän edara tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Jezany ýerine ýetirýän edara iş kesilenleriň hasabyny ýöredýär, hökümde göz öňünde tutulan belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak gadaganlygynyň iş kesilenler tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär, iş kesileniň işleýän ýerindäki kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň administrasiýasy, şeýle hem iş kesilene gadagan edilen işiň degişli görnüşi bilen meşgullanmaga bolan rugsady ýatyrmaga ygtyýarly edaralar tarapyndan hökümiň talaplarynyň ýerine ýetirilişini barlaýar, iş kesilenler bilen terbiýeçilik işini geçirmegi guraýar.

4. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşinde goşmaça jeza bellenen iş kesileniň esasy jezasyny çekýän edarasynyň administrasiýasy iş kesileni onuň ýerine ýetirmegi gadagan edilen işlere çekip bilmez.

5. Iş kesilen çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylan halatynda jezany ýerine ýetirýän edara hökümiň nusgasyny bu jezany onuň harby gulluk geçilýän döwründe ýerine ýetirmegi üçin harby wekillige ýa-da iş kesileniň harby gullugy geçýän ýerine iberýär.

 

28-nji madda. Hökümi ýerine ýetirmek boýunça kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň administrasiýasynyň borçlary

 

1. Hökümiň belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek baradaky talaplary iş kesileniň işleýän ýa-da gulluk edýän ýerindäki kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň administrasiýasy üçin hökmandyr.

2. Iş kesileniň işleýän ýa-da gulluk edýän ýerindäki kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň administrasiýasy şu aşakdakylara borçludyr:

1) hökümiň göçürme nusgasyny we jezany ýerine ýetirýän edaranyň habarnamasyny alandan soň üç günden gijä goýman iş kesileni onuň meşgullanmak hukugyndan mahrum edilen wezipeden ýa-da işiň görnüşinden boşatmaga, hökümi çykaran kazyýete, şeýle hem jezany ýerine ýetirýän edara hökümiň talaplarynyň ýerine ýetirilendigi hakyndaky habary ibermäge;

2) jezany ýerine ýetirýän edaranyň talap etmegi boýunça jezanyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly resminamalary bermäge;

3) iş kesilen bilen zähmet şertnamasy üýtgedilen ýa-da ýatyrylan halatynda bu barada üç gün möhletde jezany ýerine ýetirýän edara habar bermäge.

 

29-njy madda. Işiň belli bir görnüşi bilen meşgullanmaga rugsady ýatyrmaga ygtyýarly edaralaryň borçlary

 

1. Hökümiň belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek baradaky talaplary işiň degişli görnüşi bilen meşgullanmaga bolan rugsady ýatyrmaga ygtyýarly edaralar üçin hökmandyr.

2. Ygtyýarly edaralar hökümiň göçürme nusgasyny ýa-da jezany ýerine ýetirýän edaranyň habarnamasyny alandan soň üç günden gijä goýman iş kesilene işiň gadagan edilen görnüşi bilen meşgullanmaga bolan rugsady ýatyrmaga, oňa işiň görkezilen görnüşi bilen meşgullanmak hukugyny berýän degişli resminamany almaga we bu barada jezany ýerine ýetirýän edara habar ibermäge borçludyrlar.

 

30-njy madda. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jezany ýerine ýetirmegiň möhletlerini hasaplamak

 

1. Esasy jeza hökmünde ýa-da azatlykdan mahrum etmek ýa-da harby-düzediş bölüminde saklamak bilen baglanyşykly bolmadyk jeza goşmaça jeza hökmünde bellenende, şeýle hem şertleýin iş kesilende, eger şunda goşmaça jezany ýerine ýetirmek yza süýşürilmedik bolsa, belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jezany ýerine ýetirmegiň möhleti hökümiň kanuny güýje giren pursadyndan hasaplanýar. Iş kesileniň özi üçin gadagan edilen wezipäni eýelän ýa-da onuň üçin işiň gadagan edilen görnüşleri bilen meşgullanan wagty jezany ýerine ýetirmegiň möhletine goşulmaýar.

2. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jeza azatlykdan mahrum etmek, harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki jezalara goşmaça jeza hökmünde bellenende, bu jezany ýerine ýetirmegiň möhleti degişlilikde iş kesileniň azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ýa-da harby-düzediş bölüminden boşan pursadyndan hasaplanýar.

 

31-nji madda. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jeza iş kesilenleriň borçlary

 

Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jeza iş kesilenler hökümiň talaplaryny ýerine ýetirmäge, jezany ýerine ýetirýän edaranyň talap etmegi boýunça jezany çekmek bilen baglanyşykly resminamalary bermäge, işleýän (gulluk edýän) we ýaşaýan ýeri barada, olaryň üýtgemegi ýa-da işden (gullukdan) boşamagy hakynda jezany ýerine ýetirýän edara habar bermäge borçludyrlar.

 

32-nji madda. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek hakyndaky hökümiň ýerine ýetirilmezligi üçin jogapkärçilik

 

Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek hakyndaky hökümi ýerine ýetirmeýän wezipeli adamlar, şeýle hem hökümi ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan iş kesilenler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

 

7-nji bap.

DÜZEDIŞ IŞLERI GÖRNÜŞINDÄKI JEZANY ÝERINE ÝETIRMEK

 

33-nji madda. Düzediş işleri görnüşindäki jezany ýerine ýetirmegiň tertibi

 

1. Düzediş işleri iş kesileniň işleýän ýeri boýunça ýa-da onuň ýaşaýan ýeriniň çäginde jezalary ýerine ýetirýän edara tarapyndan kesgitlenýän beýleki ýerlerde çekilýär.

2. Düzediş işlerine iş kesilenler hökümiň ýa-da beýleki kazyýet çözgüdiniň göçürme nusgasy bilen kazyýetiň degişli buýrugynyň jezalary ýerine ýetirýän edara gelip gowşan gününden on bäş gün möhletden gijä galman jeza möhletini doldurmaga çekilýär.

3. Jezalary ýerine ýetirýän edara iş kesilenleriň hasabyny ýöredýär, jezany çekmegiň tertibini we şertlerini düşündirýär, iş kesilen tarapyndan jezany çekmegiň şertleriniň berjaý edilişine we iş kesilenleriň işleýän ýerindäki kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň administrasiýasy tarapyndan hökümiň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, iş kesilenler bilen terbiýeçilik işini geçirýär, iş kesilenleriň özüni alyp barşyna gözegçilik edýär, olara şu Kodeks bilen bellenilen borçlary we gadagan etmeleri ýükleýär, zerur bolan halatynda olary işe ýerleşdirmek üçin iş bilen üpjün ediş gullugynyň edaralaryna ugradýar, esasly sebäpler bolmazdan çagyryşa ýa-da bellige aldyrmaga gelmeýän iş kesilenleri getirmek hakynda karar kabul edýär, iş kesilenleri agtaryp tapmak boýunça ilkinji çäreleri geçirýär, bolýan ýeri näbelli bolan iş kesilenler hakynda resminamalary taýýarlaýar we degişli gulluga geçirýär, höweslendiriş we temmi çärelerini ulanýar, jeza çekýän döwründe iş kesilenleriň işden öz islegi boýunça ýa-da taraplaryň ylalaşmagy boýunça boşamaklaryna rugsat berýär.

4. Beýleki ýerlerde düzediş işlerine iş kesilen adamlara iş ýerinden boşamak teklip edilip bilner. Olar işe özbaşdak ýerleşýärler ýa-da iş bilen üpjün ediş gullugynyň edaralaryna iberilýärler we olar tarapyndan ilkinji tertipde işe ýerleşdirilýärler.

5. Beýleki ýerlerde düzediş işlerine iş kesileniň hünärine laýykdygyna ýa-da däldigine garamazdan, onuň ýaşaýan ýeri boýunça hödürlenen işden boýun gaçyrmaga haky ýokdur.

6. Iş kesileniň hemişelik ýaşaýan ýeri bolmadyk halatynda, hökümi ýerine ýetirmek hökümiň çykarylan ýerindäki jezalary ýerine ýetirýän edaranyň üstüne ýüklenilýär.

7. Höküm çykarylandan soň zähmete ukypsyz diýlip ykrar edilen iş kesilenler babatda düzediş işlerini jezanyň beýleki görnüşi bilen çalşyrmak jezalary ýerine ýetirýän edaranyň we gözegçilik toparynyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça kazyýet tarapyndan geçirilýär.

8. Düzediş işlerine iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedikler jezany işleýän ýerinde çekýärler, eger kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilen işlemeýän bolsa, onda ol jezany çekmek üçin öz ýaşaýan ýeri boýunça kärhanalara, edaralara we guramalara iberilýär.

 

34-nji madda. Düzediş işleri görnüşindäki jezany çekmegiň şertleri

 

1. Düzediş işlerine iş kesilenler jezany çekmegiň bellenilen tertibini we şertlerini berjaý etmäge, zähmete ak ýürekli garamaga, jezalary ýerine ýetirýän edara tarapyndan üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmäge we gadagan etmeleri berjaý etmäge, onuň çagyrmagy boýunça bellige aldyrmak üçin aýda iki gezek barmaga borçludyrlar.

2. Iş kesilenlere jezany çekýän möhletiniň dowamynda jezalary ýerine ýetirýän edaranyň ýazmaça rugsady bolmazdan öz islegi boýunça ýa-da taraplaryň ylalaşygy boýunça işden boşamak gadagan edilýär. Sebäpleriniň esaslydygy barlanylandan soň işden boşamaga rugsat berlip bilner. Işden boşamaga rugsat bermekden ýüz döndermek delillendirilmelidir. Ýüz döndermek hakyndaky karar barada Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

3. Işi bolmadyk iş kesilen özbaşdak işe ýerleşmäge ýa-da iş bilen üpjün ediş gullugynyň edaralarynda hasaba durmaga borçludyr. Iş kesileniň iş bilen üpjün ediş gullugynyň edarasy tarapyndan teklip edilen işden boýun gaçyrmaga haky ýokdur.

4. Iş kesilen iş ýeriniň we ýaşaýan ýeriniň üýtgändigi hakynda jezalary ýerine ýetirýän edara on gün möhletde habar bermäge borçludyr.

5. Jeza çekilýän wagtynda her ýylky esasy rugsat iş kesileniň işleýän ýerindäki kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň administrasiýasy tarapyndan jezalary ýerine ýetirýän edara bilen ylalaşylyp berilýär. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan rugsatlaryň beýleki görnüşleri iş kesilenlere umumy esaslarda berilýär.

6. Düzediş işleriniň çekilen wagty Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde iş döwrüne goşulýar.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

35-nji madda. Düzediş işleri görnüşindäki jezanyň möhletini hasaplamak

 

1. Düzediş işleriniň möhleti iş kesileniň işlän we onuň gazanjyndan tutum saklanylan ýyllar, aýlar we günler bilen hasaplanylyp çykarylýar. Iş kesilen tarapyndan işlenen iş günleriniň sany kazyýet tarapyndan bellenen jeza möhletine laýyk bolan her aýdaky iş günleriniň sanyndan az bolmaly däldir. Eger-de iş kesilen görkezilen günleri işläp dolmadyk bolsa we işlenilmedik günleri jeza möhletine goşup hasaplamak üçin şu Kodeksde bellenilen esaslar ýok bolsa, düzediş işlerine çekmek iş kesileniň bellenen iş günleriniň möçberini doly işläp üzýänçä dowam etdirilýär.

2. Jezany çekmek möhletiniň başlanýan güni diýlip, iş kesileniň işleýän ýerinde bolan halatynda kärhananyň, edaranyň, guramanyň administrasiýasyna jezalary ýerine ýetirýän edaradan hökümiň (kesgitnamanyň, kararyň) göçürme nusgasynyň we beýleki resminamalaryň gelip gowşan güni, beýleki ýerlerde bolsa iş kesileniň işe çykan güni hasap edilýär.

3. Jezany çekmegiň möhletine iş kesileniň esasly sebäpler boýunça işlemedik, şeýle hem rugsatda bolan wagty goşulýar.

4. Iş wagtynyň jemlenen hasaby ulanylýan kärhanalarda, edaralarda ýa-da guramalarda işleýän iş kesileniň jezany çekmek möhleti hasap döwri üçin iş sagatlarynyň bellenilen sanyndan ýokary geçmeýän iş wagtynyň dowamlylygyndan ugur alnyp hasaplanylýar.

5. Iş kesileniň işlemedik wagty, şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlardan başga, alkogol, neşe, zäherli ýa-da beýleki serhoş bolmak ýa-da olar bilen baglanyşykly hereketler bilen baglylykda dörän kesel wagty, tussag etmek ýa-da düzediş işleri görnüşinde administratiw temminiň çekilen wagty, şeýle hem jezany çekýän döwründe başga jenaýat işi boýunça ätiýaçsyzlandyryş çäresi tertibinde tussag astynda saklanan wagty jezany çekmek möhletine goşulmaýar.

 

36-njy madda. Iş kesilenleriň düzediş işlerini çekýän ýerlerindäkirhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň administrasiýasynyň borçlary

 

1. Eýeçiligiň görnüşine garamazdan iş kesilen tarapyndan düzediş işlerini çekýän ýerlerindäki kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň administrasiýasynyň üstüne iş kesileniň zähmet hakyndan tutumlaryň dogry we öz wagtynda tutulmagy we tutulan puluň bellenilen tertipde geçirilmegi, iş kesilenleriň önümçilikde özlerini alyp baryşlaryna gözegçilik etmek we jezalary ýerine ýetirýän edara iş kesilenler bilen terbiýeçilik işini geçirmekde ýardam etmek, şu Kodeksde göz öňünde tutulan jezany çekmegiň şertlerini berjaý etmek, jezalary ýerine ýetirýän edara iş kesilene ulanylan höweslendiriş we temmi çäreleri hakynda, onuň jezany çekmekden boýun gaçyrmagy hakynda habar bermek, şeýle hem iş kesileni başga wezipelere geçirmek ýa-da işden boşatmak hakynda deslapdan habar bermek ýüklenilýär.

2. Sanalyp geçilen borçlaryň ýerine ýetirilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

 

37-nji madda. Düzediş işlerine iş kesilenleriň zähmet hakyndan tutum tutmagy geçirmegiň tertibi

 

1. Düzediş işlerine iş kesilenleriň zähmet haklaryndan kazyýetiň hökümi bilen bellenilen möçberde tutum tutulýar. Jezalary ýerine ýetirýän edara iş kesilenleriň zähmet haklaryndan tutum tutmagyň dogry we öz wagtynda bolmagyna we tutulan pullaryň döwletiň girdejisine geçirilmegine gözegçilik edýär. Şeýle gözegçiligi amala aşyrmak üçin jezalary ýerine ýetirýän edara maliýe we salgyt edaralaryny çekmäge haklydyr.

2. Tutumlar ýerine ýetiriş resminamalary boýunça iş kesilene nägilelikleriň bolmagyna garamazdan iş haky tölenilende işlenen her aý üçin zähmet haklaryň ähli görnüşlerinden geçirilýär. Esasy işi bilen utgaşdyryp işleýänlerden tutumlar her bir iş ýeri boýunça aýlyk haklaryndan geçirilýär. Tutumlar zähmet haklarynyň ähli pul möçberinden we girdejiniň ähli görnüşlerinden olardan salgytlary we beýleki tölegleri aýrylmazdan geçirilýär.

3. Tutulan pul möçberleri her aýda döwletiň girdejisine geçirilýär.  

4. Tutumlar döwlet kömek pullaryndan, birwagtlaýyn häsiýetli töleglerden geçirilmeýär.

5. Düzediş işlerine iş kesilenlere wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy boýunça döwlet kömek pullary kazyýetiň hökümi bilen bellenen tutumlary tutup almak bilen aýlyk hakyndan hasaplanylýar.

6. Işi ýatyrmak bilen kazyýetiň hökümi sökülende ýa-da üýtgedilende iş kesileniň zähmet haklaryndan artyk tutulyp alnan pul möçberleri oňa doly gaýtarylyp berilýär.

 

38-nji madda. Düzediş işleri görnüşindäki jezany çekýän adamlar üçin ulanylýan höweslendiriş we temmi çäreleri

 

1. Düzediş işlerine iş kesilen adamlara şu Kodeksde göz öňünde tutulan çäklendirmeler bilen Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda höweslendiriş we temmi çäreleri ulanylýar.

2. Düzediş işleri görnüşinde jezany çekýän iş kesilenler özüniň düzelendigini subut edende jezalary ýerine ýetirýän edara tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde jezadan şertleýin möhletinden öň boşatmaga hödürlenip bilner.

 

39-njy madda. Düzediş işleri görnüşindäki jezany çekmek tertibiniň we şertleriniň bozulmagy üçin jogapkärçilik we jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrmak

 

1. Şu aşakdakylar düzediş işleri görnüşindäki jezany çekmek tertibiniň we şertleriniň bozulmagydyr:

1) jezany ýerine ýetirýän edaranyň ýazmaça duýduryşyndan soň esasly sebäpler bolmazdan on bäş günüň dowamynda işe durmazlyk ýa-da şol möhletde iş bilen üpjün ediş gullugynyň edaralarynda hasaba durmakdan boýun gaçyrmak;

2) ýazmaça duýduryşdan soň esasly sebäpler bolmazdan jezalary ýerine ýetirýän edara barmazlyk;

3) ýazmaça duýduryşdan soň şu Kodeksde kesgitlenen borçlaryň ýa-da gadagan etmeleriň bozulmagy;

4) şuňa meňzeş düzgün bozulmasy üçin temmi çäreleri ulanylandan soň işden sebäpsiz galmak ýa-da serhoş ýagdaýda ýa-da neşe, zäherli ýa-da başga hili serhoşlyk ýagdaýda işde peýda bolunmagy;

5) jezalary ýerine ýetirýän edaranyň rugsady bolmazdan zähmet şertnamasynyň öz islegi boýunça ýa-da taraplaryň ylalaşygy boýunça ýatyrylmagy.

2. Soňky temminiň berlen gününden başlap bir ýylyň dowamynda täze temmi çäresine sezewar edilmese, iş kesileniň temmileri ýok diýlip hasap edilýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen düzgün bozmalaryň islendigi üçin oňa ýazmaça duýduryş yglan edilenden soň düzediş işleri görnüşindäki jezany çekmegiň tertibiniň we şertleriniň gaýtadan bozulmagyna ýol beren adam, şeýle hem ýaşaýan ýerinden gizlenip, bolýan ýeri näbelli bolan adam düzediş işleri görnüşindäki jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrýan diýlip ykrar edilýär.

4. Ýaşaýan ýerinden gizlenip, bolýan ýeri näbelli bolan iş kesilene gözleg yglan edilýär we ol Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde içeri işler edarasy tarapyndan tutulyp saklanyp bilner, bu hakda prokurora habar berilýär.

5. Jezany çekmegiň tertibiniň we şertleriniň bozulmagy üçin temmisi bolan, düzediş işleri görnüşindäki jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrýan iş kesilenler babatda jezalary ýerine ýetirýän edara gözegçilik topary bilen bilelikde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bu jezany azatlykdan mahrum etmek jezasy bilen çalşyrmak hakynda kazyýete teklipnama iberýär.

 

8-nji bap.

BELLI BIR ÝERDE ÝAŞAMAK BORJUNY ÝÜKLEMEK GÖRNÜŞINDÄKI JEZANY ÝERINE ÝETIRMEK

 

40-njy madda. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany ýerine ýetirmegiň tertibi

 

1. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jeza belli bir ýere hökmany göçürmek bilen iş kesileni öz ýaşaýan ýerinden aýyrmakdan ybaratdyr. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jeza iş kesilen adamlaryň jezany çekýän ýerleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Esasy jeza ýa-da esasy jeza goşmaça jeza hökmünde kazyýet tarapyndan bellenilen, belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany ýerine ýetirmek hökümiň ýa-da beýleki kazyýet çözgüdiniň göçürme nusgasy bilen kazyýetiň degişli buýrugynyň gelip gowşan gününden on bäş gün möhletden gijä goýman içeri işler edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen ýerlerde amala aşyrylýar.

3. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekýän adamlaryň zähmeti umumy esaslarda Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

4. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekýän iş kesilenlere şu Kodeksiň 69-njy maddasynda göz öňünde tutulan tertipde bolýan ýerleriniň çäginden daşary gitmeklige rugsat berlip bilner.

5. Jezany çekmekden boýun gaçyrmak maksady bilen hökman ýaşalmaly ýeriň taşlanyp gidilen wagty belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezanyň cekilmek möhletine goşulmaýar.

 

41-nji madda. Iş kesilenleri belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekmek üçin ugratmak

 

1. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jeza esasy jeza hökmünde iş kesilen adamlar hökümiň ýa-da beýleki kazyýet çözgüdiniň göçürme nusgasy bilen kazyýetiň degişli buýrugynyň ýaşaýan ýerleri boýunça içeri işler edarasyna gelip gowşan gününden ýedi gün möhletden gijä goýman jezany çekmek üçin ugradylýar.

2. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jeza iş kesilen adamlar jezanyň çekilýän ýerine özbaşdak barýarlar. Içeri işler edarasy höküm esasynda iş kesilene jezanyň çekilýän ýerine barmak hakynda tabşyryknama gowşurýar. Iş kesilen tabşyryknamany alan gününden başlap üç gije-gündizden gijä galman jezanyň çekilýän ýerine gitmäge we gitmek hakynda tabşyryknamada ýol üçin görkezilen gerek bolan wagtyň dowamynda ol ýere barmaga borçludyr.

3. Iş kesilen jezanyň çekilýän ýerine gitmek hakynda tabşyryknamany almakdan boýun gaçyranda ýa-da bellenilen möhletde gitmedik halatynda jezanyň çekilýän ýerine özbaşdak barmagyň tertibiniň bozulmalarynyň sebäplerini anyklamak üçin iş kesilen içeri işler edarasyna mejbury getirilmäge sezewar edilýär. Esasly sebäpler bolmazdan gitmedik halatynda iş kesilen jezanyň çekilýän ýerine içeri işler edarasynyň wekiliniň ýany bilen gitmeginde ugradylýar, bu hakda prokurora habar berilýär.

4. Jezanyň möhleti iş kesileniň jezanyň ýerine ýetirilýän ýerindäki içeri işler edarasynda hasaba goýlan pursadyndan hasaplanylýar. Bu möhlete ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussag astynda saklanylan wagt goşulýar. Iş kesileniň özbaşdak belli bir ýerde ýaşamaly çäginde bir gije-gündizden köp bolmadyk wagty jezanyň möhletine goşulmaýar.

5. Iş kesileniň jeza çekmegi üçin içeri işler edarasynyň wekiliniň ýany bilen gitmeginde ugradylýan we onuň belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekýän ýeri barada içeri işler edarasy iş kesileniň ýakyn garyndaşlarynyň birine ýa-da onuň saýlamagy boýunça başga adama habar bermäge borçludyr.

6. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jeza azatlykdan mahrum etmäge goşmaça jeza hökmünde bellenen iş kesilen esasy jezany çekenden soň ýaşamak üçin bellenen ýere ýansaklawly ugradylýar. Iş kesileni ýaşamak üçin bellenen ýere ugratmak hem-de degişli resminamalary resmileşdirmek onuň azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çeken ýerindäki düzediş edarasynyň administrasiýasynyň üstüne ýüklenilýär.

 

42-nji madda. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrylmagy üçin jogapkärçilik

 

1. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrýan diýlip, ýazmaça duýduryş yglan edilenden soň şol maksatlar bilen hökman ýaşamaly ýerinden giden, jeza çekmegiň tertibiniň we şertleriniň gaýtadan bozulmagyna ýol beren, şeýle hem hökman ýaşamaly ýerinden gizlenip, bolýan ýeri näbelli bolan adam ykrar edilýär.

2. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrylan halatynda, jeza çekilýän ýerindäki içeri işler edarasynyň we gözegçilik toparynyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça kazyýet öz kesgitnamasy bilen Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde kesgitlenen tertipde azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekmegi üçin şeýle adamy düzgünli düzediş edarasyna ugratmaga haklydyr.

 

81-nji bap.

AZATLYGY CÄKLENDIRMEK GÖRNÜŞINDÄKI

JEZANYÝERINE ÝETIRMEK

 

421-nji madda. Azatlygy çäklendirmek görnüşindäki jezany ýerine ýetirmegiň tertibi

 

1. Azatlygy çäklendirmek görnüşindäki esasy ýa-da goşmaça jezany iş kesileniň ýaşaýan ýeri boýunça jezany ýerine ýetirýän edaralar ýerine ýetirýärler.

2. Azatlygy çäklendirmäge iş kesilenler hökümiň ýa-da beýleki kazyýet çözgüdiniň göçürme nusgasy bilen kazyýetiň degişli buýrugynyň jezalary ýerine ýetirýän edara gelip gowşan gününden on bäş gün möhletden gijä galman hasaba alynýar.

3. Jezany ýerine ýetirýän edara iş kesilenleriň hasabyny ýöredýär, kazyýet tarapyndan ýüklenen azatlygyny çäklendirýän borçlaryň iş kesilenler tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär, iş kesilenler bilen terbiýeçilik işini geçirýär.

4. Azatlygy çäklendirmek görnüşindäki jezasyna iş kesilenler jezany çekmegiň bellenilen tertibini we şertlerini berjaý etmäge, jezany ýerine ýetirýän edara habar bermezden hemişelik ýaşaýan, işleýän we okaýan ýerini üýtgetmezlige, kesgitlenen ýerlere barmazlyga, okuwdan we işden boş wagtlary hemişelik ýaşaýan ýerini taşlap gitmezlige, kazyýet tarapyndan üstüne ýüklenen beýleki borçlary ýerine ýetirmäge we gadagan etmeleri berjaý etmäge, jezalary ýerine ýetirýän edaranyň çagyrmagy boýunça bellige aldyrmak üçin aýda üç gezek barmaga borçludyrlar.

5. Jezalary ýerine ýetirýän edaranyň çagyrmagy boýunça azatlygy çaklendirmäge iş kesilen esasly sebäpler bolmazdan içeri işler edarasyna gelmedik halatynda, ol mejbury getirilmäge sezewar edilip bilner.

6. Azatlygy çäklendirmek görnüşindäki esasy ýa-da goşmaça jezany ýerine ýetirmegiň möhleti jezany ýerine ýetirýän edara tarapyndan hasaba alnan gününden hasaplanylýar.

7. Iş kesilen tarapyndan hemişelik ýaşaýan ýerini bir gije-gündizden artyk özbaşdak üýtgeden günleri jezany ýerine ýetirmegiň möhletine goşulmaýar.

8. Azatlygyçäklendirmäge iş kesilen adam tarapyndan jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrylan halatynda, jezany ýerine ýetirýän edara azatlygy çäklendirmegiň çekilmedik möhletini şol möhlete azatlykdan mahrum etmek bilen çalşyrmak üçin kazyýete teklipnama ugradyp biler.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2014-nji ýyl, № 1, 42-nji madda)

 

III bölüm.

AZATLYKDAN MAHRUM ETMEK GÖRNÜŞINDÄKI JEZANY ÝERINE ÝETIRMEK

 

9-njy bap.

AZATLYKDAN MAHRUM ETMEK GÖRNÜŞINDÄKI JEZANY ÝERINE ÝETIRMEGIŇ UMUMY DÜZGÜNLERI

 

43-nji madda. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezanyň ýerine ýetirilýän ýerleri

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlar olaryň düzelmegi, garyndaşlary bilen peýdaly durmuş aragatnaşyklaryny saklamagy we täze jenaýatlary etmeginiň öňüniň alynmagy üçin zerur şertleri hasaba almak bilen, jezany Türkmenistanyň çäginde düzediş edaralarynda çekýärler.

Düzediş edaralarynda Içerki tertip-düzgün kadalaryna laýyklykda iş kesilenleriň hasaby alnyp barylýar, olar baradaky maglumatlar degişli sanawa girizilýär.

2. Iş kesilenleriň saglyk ýagdaýy boýunça ýa-da olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin olar jeza çekmek üçin degişli düzediş edaralaryna ugradylyp bilner.

3. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlar jeza çekmek üçin degişli düzediş edaralarynyň ýerleşýän ýeri boýunça ugradylýar.

4. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen, Türkmenistanyň düzediş edaralarynda jezasyny çekýän daşary ýurt raýatlary mundan beýläk jeza çekmegi üçin Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bellenilen tertipde olaryň raýatlary bolup durýan döwletlerine ugradylyp bilner.

5. Azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezanyň çekilýän ýerleri halkara standartlaryna laýyk gelmelidir we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýokarda durýan we beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan yzygiderli barlaga sezewar edilmelidir.

 

44-nji madda. Düzediş edaralarynyň görnüşleri we iş kesilenlere düzediş edarasynyň görnüşini kesgitlemek

 

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan guralýan we ýatyrylýan düzgünli düzediş edaralary, terbiýeleýiş edaralary, türmeler, bejeriş-düzediş edaralary düzediş edaralary bolup durýarlar. Derňew gabawhanalary hojalyk hyzmaty boýunça işlemek üçin galdyrylan iş kesilenler babatda düzediş edaralarynyň wezipelerini ýerine ýetirýärler.

2. Düzgünli düzediş edaralary kämillik ýaşyna ýeten iş kesilenleriň azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekmegi üçin niýetlenendir. Olar düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerine, umumy, berk we aýratyn düzgünli edaralara bölünýär.

Bir düzgünli düzediş edarasynda düzgüniň dürli görnüşlerindäki üzňeleşdirilen bölekleri döredilip bilner.

3. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde seresapsyzlyk boýunça jenaýat edendikleri üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler, şeýle hem höweslendiriş çäresi hökmünde umumy we berk düzgünli düzediş edaralaryndan geçirilen iş kesilenler jeza çekýärler.

4. Umumy düzgünli düzediş edaralarynda uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr bilkastlaýyn edilen jenaýatlar üçin ilkinji gezek azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen erkek adamlar, şeýle hem ilkinji gezek bilkastlaýyn edilen jenaýatlar üçin, ýa-da residiw, ýa-da howply residiw halatynda edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen aýallar jeza çekýärler.

5. Berk düzgünli düzediş edaralarynda agyr ýa-da aýratyn agyr bilkastlaýyn jenaýaty edendikleri üçin ilkinji gezek azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen, ýa-da residiw, ýa-da howply residiw halatynda edilen jenaýatlar üçin iş kesilip, ozal bilkastlaýyn eden jenaýaty üçin azatlykdan mahrum edilmek görnüşindäki jezany çeken erkek adamlar, şeýle hem aýratyn howply residiw halatynda edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen aýallar jeza çekýärler.

6. Aýratyn düzgünli düzediş edaralarynda aýratyn howply residiwde edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen erkek adamlar jeza çekýärler.

7. Höküm bilen jeza möhletiniň bäş ýyldan köp bolmadyk bölegini türmede geçirmek bellenen aýratyn agyr jenaýaty, jenaýaty aýratyn howply residiwde edendikleri üçin sekiz ýyldan ýokary möhlete azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen on sekiz ýaşa ýeten adamlar, şeýle hem degişli düzgünli düzediş edaralarynda jeza çekmegiň bellenilen tertibini zandyýamanlyk bilen bozup şu Kodeksiň 49-njy maddasynyň dördünji böleginde bellenilen tertipde geçirilen iş kesilen erkek adamlar türmelerde jeza çekýärler.

Türmelerde bir düzediş edarasyndan başgasyna geçirilýän iş kesilenleriň wagtlaýyn saklanmagyna ýol berilýär.

Zerur bolanda iş kesilenler şu Kodeksiň 47-nji maddasynyň dördünji we bäşinji böleklerinde bellenilen tertipde başga bir adam tarapyndan edilen jenaýat boýunça derňew hereketleri geçirilende prokuroryň sanksiýa bermegi bilen, kazyýetde işe seretmek bilen baglanyşykly kazynyň ýa-da kazyýetiň kesgitnamasy boýunça otuz gije-gündizden köp bolmadyk möhlete türmelerde wagtlaýyn saklanylyp bilner.

8. Bejeriş-düzediş edaralarynda şu Kodeksiň 15-nji maddasynyň birinji we üçünji böleklerinde sanalyp geçilen iş kesilenler jeza çekýärler.

9. Terbiýeleýiş edaralarynda azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedikler, şeýle hem on sekiz ýaşyna ýetenlerinden soň şu Kodeksiň 127-nji maddasyna laýyklykda bu edaralarda galdyrylan iş kesilenler jeza çekýärler.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

45-nji madda. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri jeza çekmek üçin ugratmak

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlar derňew gabawhanasynyň administrasiýasynyň hökümiň ýa-da beýleki kazyýet çözgüdiniň göçürme nusgasy bilen kazyýetiň degişli buýrugyny alan gününden başlap on günden giç bolmadyk möhletde jezany çekmek üçin ugradylýar. Bu möhletiň dowamynda iş kesilen ýakyn garyndaşlary bilen gysga möhletli duşuşyga bolan hukuga eýedir. Iş kesilenleri düzediş edaralaryna ýansaklawly ugratmagyň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jezany çekmek bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlar jezanyň çekilýän ýerine döwletiň hasabyna özbaşdak barýarlar. Jezany ýerine ýetirýän edara hökümiň esasynda iş kesilene jezanyň çekilýän ýerine gitmek hakynda tabşyryknama gowşurýar. Tabşyryknamany alan gününden üç gije-gündizden gijä galman iş kesilen jezanyň çekilýän ýerine gitmäge we gitmek hakynda tabşyryknamada görkezilen, ýol üçin gerek bolan wagtyň dowamynda ol ýere barmaga borçludyr.

3. Iş kesilen jezanyň çekilýän ýerine gitmek baradaky tabşyryknamany almakdan boýun gaçyran ýa-da bellenilen möhletde gitmedik halatynda ol jeza çekilýän ýerine özbaşdak gitmegiň tertibini bozmagyň sebäplerini anyklamak üçin içeri işler edarasyna mejbury getirilmäge sezewar edilýär. Esasly sebäpler bolmazdan gitmedik halatynda içeri işler edarasy iş kesileni şu maddanyň birinji böleginde bellenilen tertipde jezanyň çekilýän ýerine ýansaklawly ugradýar, bu hakda prokurora habar berilýär.

4. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerine iş kesilen gelmedik halatynda içeri işler edarasy iş kesileniň gözlegini amala aşyrýar we tutulyp saklanandan soň ony jezanyň çekilýän ýerine ýansaklawly ugradýar, bu barada prokurora habar berilýär.

5. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekmek bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerine ýansaklawly ugradylan halatynda, ol jezany çekýän ýerine gelenden soň tussag astyndan boşadylýar.

6. Jezanyň möhleti iş kesileniň düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde hasaba goýlan pursadyndan başlap hasaplanylýar. Bu möhlete ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussag astynda saklanylan we jeza çekmeli ýerine ýansaklawly barlan wagt goşulýar.

7. Derňew gabawhanasynyň administrasiýasy iş kesileniň jeza çekmek üçin ugradylýan ýeri barada ýakyn garyndaşlarynyň birini ýa-da iş kesileniň saýlamagy boýunça başga adamy habarly etmäge borçludyr.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

46-njy madda. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleriň bir ýerden başga ýere geçirilmegi

 

1. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerine özbaşdak barýan adamlardan başga azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler jeza çekmeli ýerine we jeza çekilýän ýeriň birinden beýlekisine ýansaklawly ugradylýar.

2. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleriň ýansaklawly bir ýerden başga ýere geçirilmegi aýratyn saklamak kadalaryny: erkek adamlary aýallardan aýratynlykda, kämillik ýaşyna ýetmedikleri uly ýaşlylardan; şol bir jenaýat işi boýunça geçýän iş kesilenleri ýa-da derňew astyndakylary biri-birinden aýratyn saklamagy berjaý etmek bilen amala aşyrylýar. Inçekeseliň açyk görnüşi bilen keselliler, akyly düzüwligi aradan aýyrmaýan psihiki taýdan bozulmadan ejir çekýän iş kesilenler, WIÇ-infisirlenenler, weneriki keseliň bejergisini doly geçmedik keselliler öz aralarynda we sagdynlardan aýratynlykda, zerur halatynda lukmanyň netijenamasy boýunça – lukmançylyk işgärleriniň ýany bilen gitmeginde bir ýerden başga ýere geçirilýärler. Iş kesilenler bir ýerden başga ýere geçirilende aýanlygy, masgaralamagy we beýleki ýaramaz gatnaşyklary aradan aýyrmak maksady bilen olary keseki adamlardan üzňeleşdirmek üçin çäreler görülýär.

3. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler bir ýerden başga ýere geçirilende olara zerur maddy-durmuş we sanitariýa-gigiýena şertleri üpjün edilýär. Ýelejiredilişi ýa-da ýagtylandyrylyşy ýeterlik bolmadyk ýa-da islendik beýleki agyr şertlerde iş kesilenleri gatnatmak gadagan edilýär.

4. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler bir ýerden başga ýere geçirilende möwsüm boýunça geýim we aýakgap bilen, şeýle hem bütin ýoluň dowamynda iş kesilenler üçin bellenilen kadalar boýunça iýmit bilen üpjün edilýär.

5. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleriň bir ýerden başga ýere geçirilmegi döwletiň hasabyna amala aşyrylýar.

6. Iş kesilenleriň bir ýerden başga ýere geçirilmeginiň tertibi şu Kodekse laýyklykda kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan kesgitlenilýär.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

47-nji madda. Iş kesilenleri derňew gabawhanasynda galdyrmak ýa-da türmä, bejeriş-düzediş edarasyna ugratmak

 

1. Aýratyn halatlarda umumy ýa-da berk düzgünli düzediş edaralarynda jeza çekmek bellenen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen erkek adamlar ýa-da azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen aýallar, eger olar jezany çekmek üçin düzgünli düzediş edaralaryna ugradylan bolsa, hojalyk hyzmaty boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin olaryň razylygy bilen derňew gabawhanasynda galdyrylyp ýa-da türmä, bejeriş-düzediş edarasyna ugradylyp bilner.

2. Iş kesilenleri hojalyk hyzmaty boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin alyp galmak iş kesileniň ýazmaça razylygy bolan halatynda derňew gabawhanasynyň, türmäniň ýa-da bejeriş-düzediş edarasynyň başlygynyň karary bilen amala aşyrylýar.

3. Hojalyk hyzmaty boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin derňew gabawhanasynda galdyrylan ýa-da türmä, bejeriş-düzediş edarasyna ugradylan iş kesilenleri saklamak şu Kodeksde bellenilen şertlerde amala aşyrylýar.

4. Başga adam tarapyndan edilen jenaýat işi boýunça derňew hereketlerini geçirmek zerur bolanda azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen deslapky derňewi geçirýän adamyň delillendirilen karary boýunça prokuroryň sanksiýa bermegi bilen otuz gije-gündizden köp bolmadyk möhlete derňew gabawhanasynda galdyrylyp ýa-da türmä ugradylyp bilner.

5. Başga adam tarapyndan edilen jenaýat işi boýunça kazyýet seljermesine gatnaşmak zerur bolan halatynda azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen işiň kazyýetde garalýan wagtynda, ýöne otuz gije-gündizden köp bolmadyk möhlete, kazynyň ýa-da kazyýetiň delillendirilen karary ýa-da kesgitnamasy boýunça derňew gabawhanasynda galdyrylyp ýa-da türmä ugradylyp bilner.

6. Eger azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen başga iş boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekilýän bolsa we ol babatda tussag astyna almak görnüşinde ätiýaçsyzlandyryş çäresi saýlanyp alynsa, ony derňew gabawhanasynda saklamagyň möhleti Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda kesgitlenilýär.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky we 2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda; 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

48-nji madda. Iş kesilenleri düzediş edarasyndan derňew gabawhanasyna ýa-da türmä geçirmek

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen şu Kodeksiň 47-nji maddasynyň dördünji-altynjy böleklerinde görkezilen esaslar boýunça düzediş edarasyndan derňew gabawhanasyna ýa-da türmä geçirilip bilner.

2. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri düzediş edarasyndan derňew gabawhanasyna ýa-da türmä we yzyna geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

 

49-njy madda. Düzediş edarasynyň görnüşini üýtgetmek

 

1. Düzediş edarasynyň görnüşini üýtgetmek düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki kazyýet tarapyndan düzediş edarasynyň başlygynyň we gözegçilik toparynyň bilelikdäki teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

2. Düzediş edarasynyň görnüşini üýtgetmek oňat häsiýetlendirilýän iş kesilenlere höweslendiriş çäresi hökmünde şu Kodeksiň 86-njy maddasynyň ikinji böleginiň 8-nji we 9-njy bentlerinde göz öňünde tutulan tertipde geçirilip bilner.

3. Höweslendiriş çäresi hökmünde düzediş edarasynyň görnüşini üýtgetmekden kazyýet tarapyndan ýüz dönderilen halatynda, bu mesele boýunça teklipnama şol ýüz döndermek baradaky kesgitnamanyň çykarylan gününden beýläk azyndan alty aý geçenden soň gaýtadan seredilip bilner.

4. Jezany çekmegiň bellenilen tertibini zandyýamanlykly bozujylar bolan iş kesilenler degişli düzgünli düzediş edaralaryndan üç ýyldan köp bolmadyk möhlete türmä geçirilip bilner, olar jezanyň galan möhletini türmä düzgünli düzediş edarasynyň düzgüniniň haýsy görnüşinden geçirilen bolsalar, şol düzgünli düzediş edarasynda çekýärler. Temmi çäresi hökmünde türmä geçirilen iş kesilenler içerki tertip-düzgüni bozan, töweregindäki iş kesilenlere ýaramaz täsirini ýetiren we kanuny bozmaga meçew beren halatlarynda olaryň türmede jeza çekmek möhleti, kazyýetiň kesgitnamasy bilen iki ýyla çenli möhlete uzaldylyp bilner, ýöne iş kesilenleri türmede saklamagyň umumy möhleti bäş ýyldan köp bolmaly däldir.

Temmi çäresi hökmünde iş kesilen aýallar türmä geçirmäge degişli däldirler.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky we 2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda; 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

50-nji madda. Iş kesilenleri düzediş edaralaryna kabul etmek

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri düzediş edaralaryna kabul etmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bu edaralaryň administrasiýasy tarapyndan geçirilýär.

2. Düzediş edaralaryna gelen iş kesilenler on bäş gije-gündize çenli möhlete karantin jaýlaryna ýerleşdirilýär. Karantin jaýlarynda bolan döwründe iş kesilenlere degişli düzediş edarasynyň düzgünine görä jezany çekmek degişlidir.

3. Düzediş edarasynyň administrasiýasy iş kesileniň gelen gününden üç günden gijä goýman iş kesileniň jezany çekýän ýeri barada hökümi çykaran kazyýete, şeýle hem onuň ýakyn garyndaşlarynyň birine ýa-da iş kesileniň saýlamagy boýunça başga adama habar berýär.

 

51-nji madda. Iş kesilenleri düzediş edaralarynda aýratyn saklamak

 

1. Düzediş edaralarynda erkek adamlary we aýallary, kämillik ýaşyna ýetmedikleri we uly ýaşlylary aýratyn saklamak bellenilýär.

2. Ilkinji gezek azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler öň azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezany çekenlerden aýratyn saklanylýar. Bir düzediş edarasynda azatlykdan mahrum etmäge ilkinji gezek iş kesilen aýallar bu jezany öň çeken aýallardan aýratynlykda saklanyp bilner. Aýratyn howply residiwde iş kesilenler beýleki iş kesilenlerden üzňelikde saklanylýar.

3. Kazyýetleriň we hukuk goraýjy edaralaryň öňki işgärleri, borçnama boýunça harby gullukçylar bolan iş kesilenler aýratyn düzediş edaralarynda saklanylýar. Bu edaralara beýleki iş kesilenler hem ugradylyp bilner.

4. Iş kesilen aýallaryň saklanylýan düzediş edaralarynda olara gözegçilik etmek bu edaranyň ähli jaýlaryna barmaga ygtyýary bolan aýal jynsyndaky işgärlere ýüklenilýär. Ýöne munuň özi erkek jynsyndan bolan işgärlere öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge päsgel bermeli däldir.

5. Şu maddada bellenilen iş kesilenleri aýry saklamak talaplary, şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen adamlardan başga, bejeriş düzediş edaralaryna, şeýle hem ýanynda çagalar öýi bolan düzgünli düzediş edaralaryna degişli däldir.

6. Ýokanç keselleri bolan keselli iş kesilenler öz aralarynda we sagdyn iş kesilenlerden aýratynlykda saklanylýarlar.

 

52-nji madda. Iş kesilenleriň bir düzediş edarasynda jeza çekmegi

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen, kada bolşy ýaly, bir düzediş edarasynda, türmede ýa-da terbiýeleýiş edarasynda jeza çekmelidir.

2. Iş kesileniň mundan beýläk jeza çekmek üçin bir edaradan şol görnüşli başga edara ýa-da bir türmeden başga türmä geçirilmegine iş kesileniň kesellän halatynda ýa-da onuň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, düzediş edarasy üýtgedilip gurlanda ýa-da ýatyrylanda, şeýle hem iş kesileniň şol düzediş edarasynda mundan beýläk bolmagyna päsgel berýän beýleki aýratyn ýagdaýlarda ýol berilýär. Iş kesilenleri geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

 

10-njy bap.

DÜZEDIŞ EDARALARYNDAKY DÜZGÜN WE ONY

ÜPJÜN ETMEGIŇ SERIŞDELERI

 

53-nji madda. Düzediş edaralaryndaky düzgün we onuň esasy talaplary

 

1. Düzediş edaralaryndaky düzgün – munuň özi iş kesilenleriň goragyny we üzňeligini, olara hemişelik gözegçilik edilmegini, olaryň üstüne ýüklenen borçlarynyň ýerine ýetirilmegini, olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň durmuşa geçirilmegini, iş kesilenleriň we işgärleriň howpsuzlygyny, iş kesilenleriň belli bir toparlarynyň aýry saklanylmagyny, kazyýetiň bellän düzediş edarasynyň görnüşine baglylykda saklamagyň dürli şertlerini, iş kesileniň özüni alyp barşyna baglylykda jezany çekmegiň şertleriniň üýtgedilmegini üpjün edýän jezany ýerine ýetirmegiň we çekmegiň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertibidir.

2. Düzediş edaralaryndaky düzgün jezanyň maksatlaryna ýetmegini üpjün edýän şertleri döredýär.

3. Düzediş edaralarynda iş kesilenler ýeke-täk nusgadaky geýimi geýýärler. Geýimiň görnüşi Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kesgitlenilýär.

Iş kesilenlere raýat geýimini geýmäge rugsat berlip bilner. Iş kesilenleriň geýimi masgara ediji we kemsidiji häsiýetde bolmaly däldir we arassa hem abat saklanylmalydyr.

4. Iş kesilenleriň ýanynda bolmagyna rugsat berilýän zatlaryň we närseleriň sanawy hem-de mukdary Içerki tertip-düzgün kadalary bilen bellenilýär.

Jezany ýerine ýetirmegiň we çekmegiň degişli tertibini üpjün etmek maksady bilen iş kesilenleriň ýanynda pullaryň, gymmatly kagyzlaryň we beýleki gymmatlyklaryň, şeýle hem sanawda görkezilmedik närseleriň saklanylmagyna ýol berilmeýär.

5. Iş kesilenlerde tapylan pul, gymmatly kagyzlar we gymmatly zatlar alynýar we iş kesilen boşadylýança düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan saklanylýar, bu barada onuň gatnaşmagynda ykrarnama düzülýär.

Iş kesilenlerden alnan beýleki gadagan edilen närseler, zatlar we iýmit önümleri edaranyň administrasiýasyna saklamak üçin berilýär ýa-da ýok edilýär ýa-da prokuror tarapyndan sanksiýa berlen düzediş edarasynyň başlygynyň delillendirilen karary boýunça döwletiň haýryna geçirilýär, bular barada onuň gatnaşmagynda degişli ykrarnama düzülýär.

Eýesi anyklanylmadyk pullar, gymmatly kagyzlar we beýleki gymmatlyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwletiň haýryna geçirilýär.

6. Iş kesilenler tarapyndan alynýan ýa-da iberilýän hat-habarlaryň, ýollamalaryň we geçirilen zatlaryň sany olaryň saklanylýan düzediş edarasynyň görnüşine baglylykda bellenilýär.

Iş kesilenleriň şu Kodeksiň 62-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilenlerden başga hat-habary gözegçilikden, ýollamalar, geçirilýän zatlar we banderollar bolsa gözden geçirilmäge degişlidir.

7. Iş kesilenleriň düzediş edarasynda bolan döwründe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde edinen pullaryny, gymmatly kagyzlaryny we gymmatly zatlaryny saklamak düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan üpjün edilýär.

8. Iş kesilenler, olaryň zatlary we geýimi, şeýle hem düzediş edarasynyň jaýlary dökmäge we gözden geçirmäge sezewar edilip bilner. Iş kesilenleriň ýanyny dökmek olar bilen bir jynsdaky adamlar tarapyndan geçirilýär. Iş kesilenleriň içinde ýok wagtynda olaryň ýaşaýyş jaýlaryny dökmäge gaýra goýulmasyz ýagdaýlar bolan halatlarda ýol berilýär.

9. Düzediş edarasynyň administrasiýasy edaranyň çäginde ýa-da düzgün talaplary bellenen ýanaşyk ýerlerde duran adamlary, olaryň zatlaryny we ulag serişdelerini gözden geçirmäge, şeýle hem sanawy Içerki tertip-düzgün kadalary bilen bellenilýän gadagan edilen zatlary we närseleri almaga haklydyr.

Düzediş edarasyna ýanaşyk ýerleriň serhedi onuň administrasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen ylalaşylyp bellenilýär.

10. Dökmek we gözden geçirmek işlerini geçirmegiň tertibi Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kesgitlenilýär.

 

54-nji madda. Gözegçiligiň we barlagyň tehniki serişdeleri

 

1. Düzediş edaralarynyň administrasiýasy gaçmalaryň we beýleki jenaýatlaryň, jezany çekmegiň bellenilen tertibiniň bozulmalarynyň öňüni almak, iş kesilenleriň özüni alyp barşy barada zerur maglumaty almak üçin audiowizual, elektron we beýleki tehniki serişdeleri peýdalanmaga haklydyr.

2. Düzediş edaralarynyň administrasiýasy, bozulanda iş kesilenleriň jany we saglygy üçin öz-özünden howp döredip biljek, şol bir wagtda gorag wezipesini ýerine ýetirýän gözegçiligiň we barlagyň tehniki serişdeleriniň ulanylmagy barada iş kesilenlere gol çekdirip habar bermäge borçludyr.

3. Gözegçiligiň we barlagyň tehniki serişdeleriniň sanawy we olary peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

 

55-nji madda. Düzediş edaralarynda dessin-agtaryş işi

 

1. Düzediş edaralarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dessin-agtaryş işi amala aşyrylýar, onuň wezipeleri şulardyr: jezalary ýerine ýetirmegiň tertibini we şertlerini, iş kesilenleriň, düzediş edaralarynyň işgärleriniň we beýleki adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek; düzediş edaralarynda taýýarlanýan we amala aşyrylýan jenaýatlary we jeza çekmegiň bellenilen tertibiniň bozulmalaryny ýüze çykarmak, öňüni almak we açmak; düzediş edaralaryndan gaçan, şeýle hem azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekmekden boýun gaçyrýan adamlary bellenilen tertipde agtarmak; düzediş edarasyna gelmeginden öň iş kesilenler tarapyndan edilen jenaýatlaryň ýüze çykarylmagyna we açylmagyna ýardam etmek.

2. Dessin-agtaryş işi düzediş edaralarynyň dessin gulluklary, şeýle hem ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň beýleki ygtyýarly edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

56-njy madda. Düzediş edaralarynda aýratyn şertleriň düzgüni

 

1. Tebigy betbagtçylyk, düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerlerinde adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýa-da harby ýagdaý girizilen halatlarda, şeýle hem köpçülikleýin bidüzgünçilikler, iş kesilenleriň toparlaýyn boýun egmezlikleri halatlarynda düzediş edarasynda aýratyn şertleriň düzgüni girizilip bilner.

2. Düzediş edarasynda aýratyn şertleriň düzgüni hereket edýän döwründe iş kesilenleriň şu Kodeksiň 59-69-njy maddalarynda göz öňünde tutulan käbir hukuklarynyň amala aşyrylmagy togtadylyp, goragyň we gözegçiligiň güýçlendirilen görnüşi, obýektlere barmagyň aýratyn tertibi girizilip, gün tertibi üýtgedilip, önümçilik, jemagat-durmuş, medeni aň-bilim, lukmançylyk-sanitariýa we beýleki gulluklaryň işi çäklendirilip bilner.

3. Aýratyn şertleriň düzgüni Türkmenistanyň Baş prokurory bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň çözgüdi boýunça otuz gije-gündize çenli möhlete girizilýär. Aýratyn halatlarda aýratyn şertleriň düzgüniniň hereket ediş wagty şu maddada görkezilen wezipeli adamlar tarapyndan goşmaça otuz gije-gündize çenli uzaldylyp bilner

4. Iş kesilenleriň, işgärleriň we beýleki adamlaryň janyna we saglygyna gös-göni howpuň dörän halatynda şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan çäreleri düzediş edarasynyň başlygy, şeýle karary kabul etmäge ygtyýarly wezipeli adama gaýra goýmazdan habar bermek bilen, özbaşdak girizip biler. Görkezilen wezipeli adam bu ýagdaýda habary alan pursadyndan başlap üç gije-gündiziň dowamynda aýratyn şertleriň düzgünini girizmek ýa-da ýatyrmak hakynda karar kabul edýär.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

57-nji madda. Howpsuzlyk çäreleri we olary ulanmagyň esaslary

 

1. Hyjuwly meýillerini görkezýän, düzediş edaralarynyň işgärlerine garşylyk görkezýän, olaryň kanuny talaplaryna zandyýamanlyk bilen boýun egmezlik bildirýän, köpçülikleýin bidüzgünçiliklere, girewe almaga gatnaşýan, raýatlara hüjüm edýän ýa-da beýleki jemgyýetçilik howply hereketleri amala aşyrýan iş kesilenleriň kanuna garşy hereketleriniň öňüni almak, şeýle hem düzediş edaralaryndan gaçylanda ýa-da gaçanlar tutulyp saklananda, şonuň ýaly-da olar tarapyndan töwerekdäki adamlara ýa-da özüne zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak maksady bilen şu howpsuzlyk çäreleri: fiziki güýç, ýörite serişdeler we ok atýan ýarag ulanylyp bilner.

2. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri we ok atýan ýaragy ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.

3. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri ýa-da ok atýan ýaragy ulanmagyň netijesinde iş kesileniň ýaralanandygy ýa-da ölendigi hakynda düzediş edarasynyň işgärleri prokurora habar bermek üçin gös-göni başlygyna habar bermäge borçludyrlar

 

11-nji bap.

DÜZEDIŞ EDARALARYNDA JEZANY ÇEKMEGIŇ ŞERTLERI

 

58-nji madda. Iş kesilenleriň jeza çekmeginiň şertleri

 

1. Bir düzgünli düzediş edarasynyň çäklerinde azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler bu edaranyň düzgüniniň görnüşi bilen göz öňünde tutulan şertlerde bolup bilerler.

Iş kesilenler Içerki tertip-düzgün kadalaryna laýyklykda düzgünli düzediş edarasynyň çäklerinde hereket edip bilerler.

2. Aýratyn düzgünli düzediş edaralarynda jeza çekýän iş kesilenler tussag otagy görnüşli jaýlarda we adaty ýaşaýyş jaýlarynda saklanylýar we ýörite nusgadaky geýimi geýýärler.

3. Türmede saklanýan iş kesilenler üçin düzgüniň umumy we berk görnüşleri bellenilýär.

4. Türmede düzgüniň berk görnüşine geçirilmegi bilen iş kesilen razy bolmadyk halatynda ol geçirmek hakyndaky karara kanunda bellenilen tertipde şikaýat etmäge haklydyr.

5. Iş kesilenleriň bejeriş-düzediş edaralarynda saklanylmagy olara kazyýet tarapyndan bellenilen düzgünli düzediş edarasynyň görnüşi üçin şu Kodeksde bellenilen şertlerde amala aşyrylýar.

 

59-njy madda. Iş kesilenleriň iýmit önümlerini we ilkinji zerur närseleri edinmegi

 

1. Iş kesilenler jezany çekýän döwründe işläp gazanan pul serişdeleriniň, şeýle hem öz alýan pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň we pul geçirmeleriniň hasabyna nagt däl hasaplaşyk boýunça iýmit önümlerini we ilkinji zerur närseleri edinip bilerler.

2. Jezany çekýän döwründe işläp gazananyndan, şeýle hem alýan pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň hasabyndan başga, iýmit önümlerini we ilkinji zerur närseleri edinmek üçin harçlamaga rugsat berilýän puluň möçberi Içerki tertip-düzgün kadalary bilen bellenilýär.

3. Puluň rugsat edilen möçberi şol aýda harç edilmese, iş kesilenler şol harçlanmadyk möçbere iýmit önümlerini we ilkinji zerur närseleri soňky aýlarda edinip bilerler.

4. Düzediş edarasynyň administrasiýasy höweslendirmek tertibinde iş öndürijiliginiň kesgitlenen möçberlerini artygy bilen ýerine ýetirýän ýa-da agyr işlerde, şeýle hem zähmetiň zyýanly şertlerinde bellenilen tabşyryklary ýerine ýetirýän iş kesilenlere harçlamaga rugsat berilýän puluň möçberini Içerki tertip-düzgün kadalarynda bellenilen çäklerde ýokarlandyrmaga haklydyr. Bu kada jezany çekmek tertibini zandyýamanlyk bilen bozýan iş kesilenlere degişli däldir.

5. Iş kesilen göwreli aýallar, düzediş edarasynyň cagalar öýlerinde çagalary bar bolan iş kesilen aýallar, I we II topar maýyplary, kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler, iş kesilen pensionerler, şeýle hem bejeriş düzediş edaralarynda bolýan iş kesilenler iýmit önümlerini we ilkinji zerur närseleri atly hasaplarynda bar bolan serişdeleriň hasabyna çäklendirmezden edinip bilerler.

6. Iş kesilenler tarapyndan edinmek gadagan edilen iýmit önümleriniň we ilkinji zerur närseleriň sanawy Içerki tertip-düzgün kadalary bilen bellenilýär.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

60-njy madda. Iş kesilenleriň garyndaşlary, adwokatlary we beýleki adamlar bilen duşuşmagy

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenlere düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan düzediş edarasynyň çäginde dowamlylygy dört sagat bolan gysga möhletli we dowamlylygy üç gije-gündize çenli bolan uzak möhletli duşuşyklar berilýär. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda, iş kesilenlere düzediş edarasynyň daşynda ýaşamak bilen, dowamlylygy üç gije-gündize çenli bolan uzak möhletli duşuşyk berlip bilner, şu ýagdaýda düzediş edarasynyň başlygy tarapyndan duşuşygyň tertibi we geçirilmeli ýeri kesgitlenýär.

2. Garyndaşlar ýa-da beýleki adamlar bilen gysga möhletli duşuşyk düzediş edarasynyň administrasiýasynyň wekiliniň gatnaşmagynda berilýär. Iş kesilenleriň garyndaşlary bolup durmaýan adamlar bilen duşuşyklar diňe düzediş edarasynyň administrasiýasynyň garamagy boýunça berilýär.

Bilelikde ýaşamak hukugy bilen uzak möhletli duşuşyk diňe ýakyn garyndaşlar (är-aýal, ata-eneler, çagalar, ogullyga (gyzlyga) alanlar, ogullyga (gyzlyga) alnanlar, süýtdeş doganlar, ata, ene, baba, mama, agtyklar), aýratyn ýagdaýlarda bolsa, düzediş edarasynyň başlygynyň rugsady bilen, beýleki adamlar bilen berilýär.

Bejeriş-düzediş edarasynda saklanýan iş kesilenlere uzak möhletli duşuşyk lukmançylyk görkezijilerini hasaba almak bilen düzediş edarasynyň başlygynyň rugsady bilen berilýär.

3. Iş kesilenlere olaryň haýyşy boýunça uzak möhletli duşuşygy gysga möhletli duşuşyk bilen, terbiýeleýiş edaralarynda bolsa edaranyň daşynda ýaşamak bilen uzak möhletli duşuşygy edaranyň daşyna çykmak bilen gysga möhletli duşuşyk bilen çalşyrmaga rugsat edilýär. Çalyşmagyň tertibi düzediş edaralarynyň Içerki tertip-düzgün kadalary bilen bellenilýär.

4. Düzediş we terbiýeleýiş edaralarynda azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän, şeýle hem hojalyk hyzmaty işleri üçin derňew gabawhanalarynda galdyrylan ýa-da türmä, bejeriş-düzediş edarasyna ugradylan iş kesilenlere, jeza çekýän döwründe nika baglaşanlarynda höweslendiriş tertibinde we düzgün boýunça berilýän duşuşyklaryň hasabyna girmeýän dowamlylygy üç gije-gündize çenli bolan uzak möhletli duşuşyk berilýär.

5. Azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän iş kesilen daşary ýurtly raýatlara öz ýurdunyň diplomatik we konsullyk wekilleri, Türkmenistanda diplomatik we konsullyk edaralary bolmadyk ýurtlaryň raýatlaryna, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlara bolsa, olaryň bähbitleriniň goragyny öz üstüne alan döwletiň diplomatik wekilleri ýa-da olaryň goragy bilen meşgullanýan milli ýa-da halkara edarasynyň wekilleri bilen duşuşyklar üpjün edilýär.

6. Ýuridik kömegi almak üçin iş kesilenlere olaryň arzasy boýunça adwokatlar ýa-da kämil ýuridik kömegi bermäge hukugy bolan beýleki adamlar bilen sany çäklendirmezden gysga möhletli duşuşyklar berilýär. Duşuşyk iş kesileniň islegi boýunça ikiçäk ýagdaýda, üçünji adamyň diňlemek mümkinçiliginden daşdaky çäklerde we diňleýiş tehniki serişdelerini ulanmazdan berilýär.

7. Iş kesileniň janyny howp astynda goýýan agyr kesellän ýagdaýynda düzediş edarasynyň başlygy iş kesileniň ýakyn garyndaşlaryna ony baryp görmek üçin mümkinçilik berýär.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

61-nji madda. Iş kesilenleriň geçirilýän zatlary almagy we olaryň ýollamalary we banderollary almagy ýa-da ibermegi

 

1. Düzediş edaralarynda azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän iş kesilenleriň şu Kodeksde bellenilen tertipde geçirilýän zatlary almaga, ýollamalary we banderollary almaga ýa-da ibermäge hukugy bardyr. Bir ýollamanyň ýa-da banderolyň aňryçäk agramy poçta kadalary bilen kesgitlenilýär. Bir gezekde geçirilýän zadyň agramy we daşky görnüşi Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kesgitlenilýär.

2. Keselli, I we II topar maýyp iş kesilenler, iş kesilen göwreli aýallar we düzediş edarasynyň çagalar öýlerinde çagalary bar bolan iş kesilen aýallar ýollamalary, banderollary we geçirilýän zatlary lukmançylyk netijenamasynda kesgitlenen möçberde we assortimentde alyp bilerler.

3. Iş kesilenleriň lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda alýan derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümleri düzediş edarasynyň lukmançylyk bölüminde saklanylýar we şol iş kesilenleriň bejerilmegi üçin berilýär.

4. Ýollamalar, geçirilýän zatlar we banderollar iş kesilenleriň özleriniň gatnaşmagynda gözden geçirişe sezewar edilýär.

5. Iş kesilenleriň ýollamalary, geçirilýän zatlary we banderollary almagynyň we olary gözden geçirmegiň tertibi, şeýle hem iş kesilenlere almak gadagan edilen närseleriň we zatlaryň sanawy Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kesgitlenilýär.

6. Düzediş edarasynyň administrasiýasynyň rugsat bermegi bilen iş kesilenler ýollamalary we banderollary iberip bilerler.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

62-nji madda. Iş kesilenleriň hat alyşmaklary, pul geçirimlerini ibermekleri we almaklary

 

1. Şu Kodeksde bellenilen tertipde, iş kesilenlere hususy serişdeleriniň hasabyna hatlary hem-de telegrammalary almaga we ibermäge rugsat edilýär.

2. Iş kesilenleriň iberýän we alýan hatlary düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan gözegçilikden geçirmäge sezewar edilýär.

3. Iş kesileniň kazyýet, prokuratura, Adalatçy, şeýle hem düzediş edaralarynyň işine gözegçilik we barlag edýän edaralar bilen alyşýan hatlary gözegçilikden geçirmäge sezewar edilmeýär we bir gije-gündizden (dynç we baýramçylyk günlerinden başga günlerde) gijä galdyrylman degişliligi boýunça iberilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda iş kesileniň adwokat ýa-da kämil ýuridik kömegi berýän we kanuny esaslarda iş kesilenleriň bähbitlerini goraýan beýleki adamlar bilen alyşýan hatlary gözegçilikden geçirilmäge degişli däldir.

4. Azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde saklanylýan garyndaş bolmadyk iş kesilenleriň arasynda hat alşylmagyna düzediş edarasynyň administrasiýasynyň rugsady bilen ýol berilýär.

5. Iş kesilenler pul geçirmelerini almaga, şeýle hem ýakyn garyndaşlaryna, administrasiýanyň rugsady bilen bolsa, beýleki adamlara ibermäge hukuklydyr.

6. Gelip gowşan pul geçirmeleri iş kesileniň atly hasabyna geçirilýär, düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde bolsa iş kesileniň eline berilýär.

7. Iş kesilenler tarapyndan hatlary, telegrammalary we pul geçirmelerini almagyň we ugratmagyň tertibi Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kesgitlenilýär.

(2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2017-nji ýyl, №1, -nji madda)

 

63-nji madda. Iş kesilenleriň telefon gepleşikleri

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenlere Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kesgitlenilen tertipde hepdede azyndan bir gezek ýakyn garyndaşlary bilen, iş kesilen üçin möhüm durmuş wakalary, şeýle hem boşadylandan soň durmuş we işe ýerleşmek meselelerini çözmek bilen baglanyşykdaky zerur halatlarda bolsa başga adamlar bilen her biriniň dowamlylygy on bäş minuda çenli bolan telefon gepleşigine hukuk berilýär. Telefon gepleşikleri iş kesilenleriň hususy serişdeleriniň ýa-da olaryň garyndaşlarynyň ýa-da beýleki adamlaryň hasabyna tölenilýär. Tehniki mümkinçilikleriň bolmadyk ýagdaýynda, düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan telefon gepleşikleri aýda bir gezek gysga möhletli duşuşyk bilen çalşyrylyp bilner.

2. Iş kesileniň düzediş edarasyna gelmegi bilen karantin geçýän döwründe, şeýle hem aýratyn şahsy ýagdaýlar bolan halatynda düzediş edarasynyň administrasiýasy iş kesileniň haýyşy boýunça oňa telefon gepleşigine mümkinçilik berýär.

3. Türmäniň berk düzgüninde saklanylýan, jerime we düzgün-nyzam gabawhanalarynda, jerime otaglarynda, tussag otagy görnüşli jaýlarda we ýeke adamlyk tussag otaglarynda temmi çäresini çekýän iş kesilenlere diňe aýratyn şahsy ýagdaýlarda telefon gepleşigine rugsat berlip bilner.

4. Dürli düzediş edaralarynda saklanylýan iş kesilenleriň özara telefon gepleşikleri gadagan edilýär. Aýratyn ýagdaýlarda düzediş edarasynyň başlygynyň rugsady bilen iş kesilene onuň azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän garyndaşy bilen telefon gepleşigine rugsat berlip bilner.

5. Iş kesilenleriň telefon gepleşikleri düzediş edaralarynyň işgärleri tarapyndan gözegçilik edilip bilner.

 

64-nji madda. Iş kesilenleriň gezelenç etmegi

 

1. Jerime otaglarynda, jerime we düzgün-nyzam gabawhanalarynda, tussag otagy görnüşli jaýlarda we ýeke adamlyk tussag otaglarynda azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekýän, eger olar açyk howada işlemeýän bolsalar, iş kesilenleriň şu Kodeks bilen bellenilen dowamlylykda we tertipde gezelenç etmäge hukuklary bardyr.

2. Iş kesilenleriň gezelenç etmegi otaglaýyn tertipde gündizki wagtda düzediş edarasynyň ýörite enjamlaşdyrylan böleginde geçirilýär. Iş kesilen tarapyndan Içerki tertip-düzgün kadalarynyň talaplarynyň bozulan halatynda gezelenç etmek möhletinden öň ýatyrylyp bilner.

 

65-nji madda. Iş kesilenleriň edebiýatlary we ýazuw esbaplaryny edinmekleri we saklamaklary

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenlere ýollamalarda, geçirilýän zatlarda we banderollarda ýazuw esbaplaryny almaga, atly hasaplarynda bar bolan hususy serişdeleriniň hasabyna söwda ulgamy arkaly edebiýatlary edinmäge, şeýle hem çäklendirmezden gazet-žurnallara ýazylmaga rugsat edilýär.

2. Iş kesilenlere konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmegi, ýurduň bitewiligini bozmagy, döwlet howpsuzlygyna zyýan ýetirmegi, urşy, durmuş, jynsy, milli, dini we tire-taýpa artykmaçlygyny, şeýle hem rehimsizlik we zorluk ynançlaryny wagyz edýän neşirleri, pornografik häsiýetli neşirleri almak, edinmek, ýazylmak, saklamak we ýaýratmak gadagan edilýär.

 

66-njy madda. Iş kesilenler tarapyndan kinofilmleriň we telegepleşikleriň görülmegi, radiogepleşikleriň diňlenilmegi

 

1. Jezany türmede çekýänlerden, şeýle hem jerime we düzgün-nyzam gabawhanalarynda, jerime otaglarynda, tussag otagy görnüşli jaýlarda we ýeke adamlyk tussag otaglarynda temmi çärelerini çekýänlerden beýleki azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenlere kinofilmler we wideofilmler görkezilýär.

2. Jerime we düzgün-nyzam gabawhanalaryna, jerime otaglaryna, tussag otagy görnüşli jaýlara we ýeke adamlyk tussag otaglara we türmäniň berk düzgünine geçirilenlerden başga iş kesilenlere işden boş sagatlarynda gün tertibi bilen gijeki dynç alyş üçin bölünip berleninden başga wagtda telegepleşikleri görmäge rugsat edilýär.

3. Iş kesilenler we iş kesilenleriň toparlary hususy serişdeleriniň hasabyna söwda ulgamynyň üsti bilen ýa-da öz garyndaşlaryndan we beýleki adamlardan telewizorlary we radiopriýomnikleri alyp bilerler.

4. Iş kesilenlere işden boş sagatlarynda, gün tertibi bilen gijeki dynç alyş üçin bölünip berleninden başga wagtda, radiogepleşikleri diňlemäge rugsat edilýär. Düzediş edarasynyň serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlary, terbiýeçilik iş otaglary, dynç alyş otaglary, iş jaýlary, jerime we düzgün-nyzam gabawhanalaryň otaglary, jerime otaglary, tussag otagy görnüşli jaýlar we ýeke adamlyk tussag otaglary radionokatlar bilen enjamlaşdyrylýar.

 

67-nji madda. Iş kesilenleriň ýansaklawsyz ýa-da ugradyjysyz hereket etmeginiň şertleri we tertibi

 

1. Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýatlar üçin, şeýle hem ilkinji gezek agyr jenaýat edenligi üçin düzgünli düzediş edaralarynda azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekýän iş kesilenlere; hojalyk hyzmaty işleri üçin derňew gabawhanalarynda galdyrylan ýa-da türmä, bejeriş-düzediş edarasyna ugradylan, oňat häsiýetlendirilýän, düzelmek ýoluna ymykly düşen we jemgyýete uly howply bolup durmaýan, jezanyň bellenilen möhletiniň azyndan üçden bir bölegini dolduran iş kesilenlere, şeýle hem aýratyn agyr jenaýatlar üçin ilkinji gezek iş kesilen, bellenilen möhletiniň azyndan üçden iki bölegini dolduran iş kesilenlere, eger olaryň ýerine ýetirýän işiniň häsiýeti boýunça zerur bolsa, düzediş edarasynyň çäklerinden daşarda ýansaklawsyz we ugradyjysyz hereket etmäge rugsat berlip bilner.

2. Terbiýeleýiş edaralarynda saklanýan, düzelmek ýoluna ymykly düşen iş kesilenlere edaranyň çäklerinden daşarda ýansaklawsyz ýa-da ugradyjysyz hereket etmäge olaryň jeza möhletiniň alty aýdan az bolmadyk döwrüni çekmegi boýunça, eger iş kesilenleriň ýerine ýetirýän işiniň häsiýeti boýunça zerur bolsa, rugsat berlip bilner.

3. Aýratyn howply residiwde jenaýat eden iş kesilenlere; şu düzediş edarasynda alty aýdan az wagt bolan iş kesilenlere; aýrylmadyk ýa-da öz-özünden aýrylmadyk temmisi bar bolan iş kesilenlere; jeza çekýän döwründe bilkastlaýyn jenaýat eden iş kesilenlere; inçekeseliň açyk görnüşi bilen keselli iş kesilenlere; arakhorlukdan, neşekeşlikden, toksikomaniýadan, weneriki keselden doly bejergi almadyk iş kesilenlere; WIÇ-infisirlenenlere; akyly düzüwligi aradan aýyrmaýan psihiki taýdan bozulmadan ejir çekýän iş kesilenlere; ozal ýansaklawsyz ýa-da ugradyjysyz hereket etmäge hukugy bolup, emma ýol beren düzgün bozulmalary bilen baglylykda ondan mahrum edilen iş kesilenlere goralýan çägiň daşynda ýansaklawsyz ýa-da ugradyjysyz hereket etmäge ýol berilmeýär.

4. Iş kesilenlere düzediş edarasynyň çäklerinden daşarda ýansaklawsyz ýa-da ugradyjysyz hereket etmäge bolan hukuk prokuror tarapyndan sanksiýa berlen düzediş edarasynyň başlygynyň delillendirilen karary bilen berilýär.

5. Ýansaklawsyz ýa-da ugradyjysyz hereket etmek hukugyndan peýdalanýan iş kesilenler aýratyn ýaşalýan jaýlarda ýerleşdirilmelidir. Olara düzediş edarasynyň goralýan çäkleriniň daşynda, ýöne ýerine ýetiriji ýerli edaralar bilen ylalaşylyp, edaranyň administrasiýasy tarapyndan bellenilen serhetlerde, umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaga rugsat berlip bilner.

6. Düzediş edarasynyň goralýan çäkleriniň daşynda ýansaklawsyz ýa-da ugradyjysyz hereket etmek hukugy kesgitlenen çäklerde ýa-da kesgitlenen ugurda diňe işler ýerine ýetirilýän wagtynda degişlidir.

7. Düzediş edarasynyň goralýan çäkleriniň daşynda ýansaklawsyz ýa-da ugradyjysyz hereket etmäge rugsat edilen iş kesilenleriň özüni alyp barmagy Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kadalaşdyrylýar.

8. Iş kesileniň Içerki tertip-düzgün kadalary bozan ýa-da ýerine ýetirýän işiniň häsiýeti üýtgän halatynda ýansaklawsyz ýa-da ugradyjysyz hereket etmek prokuroryň razyçylygy bilen düzediş edarasynyň başlygynyň delillendirilen karary bilen ýatyrylýar.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

68-nji madda. Iş kesilen aýallaryň düzediş edaralarynyň daşynda ýaşamagy

 

1. Zähmete ak ýürek bilen gatnaşýan we düzgüniň talaplaryny berjaý edýän iş kesilen aýallara gözegçilik topary bilen ylalaşylan we prokuror tarapyndan sanksiýa berlen düzediş edarasynyň başlygynyň delillendirilen karary bilen göwreliligi we çaga dogurandygy boýunça işden boşadylan döwründe, şeýle hem çaganyň üç ýaşyna ýetýänçä çenli bolan döwründe düzediş edaralarynyň çäginden daşarda ýaşamaga rugsat berlip bilner.

2. Düzediş edaralarynyň çäginden daşarda ýaşamaga rugsat berlen iş kesilen aýallar:

1) düzediş edarasynyň çäkleriniň golaýynda düzediş edarasyna degişli ýaşaýyş jaýlarda ýerleşýärler we düzediş edarasynyň administrasiýasynyň hemişelik gözegçiligi astynda bolýarlar;

2) adaty durmuşda kabul edilen geýimi geýip, ýanlaryna pul göterip we ondan çäklendirmezden peýdalanyp bilerler;

3) irden turulandan agşam ýatylýan wagta çenli döwürde serhetleri düzediş edarasynyň başlygy tarapyndan kesgitlenilýän çäkde erkin hereket etmek hukugyndan peýdalanýarlar;

4) çäklendirmezden hat ibermäge we banderollary, ýollamalary, geçirilýän zatlary almaga we duşuşyklara hukugy bardyr.

3. Göwreliligi we çaga dogurandygy boýunça işden boşadylan döwri tamamlanandan soň iş kesilen aýallar düzediş edarasynyň administrasiýasynyň görkezmesi boýunça işe çekilýärler.

4. Düzgüniň ýa-da özüňi alyp barmak kadalarynyň iş kesilen aýallar tarapyndan yzygiderli ýa-da zandyýamanlyk bilen bozulan ýagdaýynda, olaryň düzediş edaralarynyň çäginden daşarda ýaşamaga bolan hukuklary düzediş edarasynyň başlygynyň gözegçilik topary we prokuror bilen ylalaşylan delillendirilen karary bilen ýatyrylýar.

 

69-njy madda. Iş kesilenleriň düzediş edaralarynyň çäginden daşaryk gitmekleri

 

1. Aýratyn şahsy ýagdaýlarda: ýakyn garyndaşynyň ölmegi ýa-da onuň janyna howp salýan agyr kesel bilen kesellemegi; iş kesilene ýa-da onuň maşgalasyna ep-esli maddy zyýan ýetiren tebigy betbagtçylyklar; şeýle hem iş kesilen boşadylandan soň zähmete we durmuşa ugrukmak meselelerini öňünden çözmek üçin düzgünli düzediş we terbiýeleýiş edaralarynda saklanylýan, şeýle hem hojalyk hyzmaty işleri üçin bellenilen tertipde derňew gabawhanalarynda galdyrylan ýa-da türmä, bejeriş-düzediş edarasyna ugradylan iş kesilenlere gysga möhletli iki tarapa barmak-gelmek üçin ýola gerek bolan wagty hasaba almazdan ýedi gije-gündizden köp bolmadyk möhlete azatlykdan mahrum ediş ýeriniň çäginden daşaryk gysga möhletli gitmäge rugsat edilip bilner.

Iş kesilen administrasiýanyň rugsady bilen düzediş edarasynyň çäklerinden daşaryk giden halatynda oňa öz geýimini geýmäge ýa-da daş-töwerekdäkileriň ünsüni çekmeýän başga geýimi geýmäge rugsat berilýär.

2. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde saklanýan iş kesilenlere iki tarapa barmak-gelmek üçin gerek bolan wagty hasaba almazdan dowamlylygy bäş gije-gündizden köp bolmadyk gysga möhletli ýakyn garyndaşlaryna baryp-gelmäge rugsat berlip bilner.

3. Düzgünli düzediş edaralaryň çagalar öýlerinde çagalary bolan iş kesilen aýallara çagasyny garyndaşlarynda ýa-da çagalar öýlerinde ýerleşdirmek üçin iki tarapa barmak-gelmek üçin gerek bolan wagty hasaba almazdan ýedi gije-gündizden köp bolmadyk gysga möhletli, düzgünli düzediş edarasynyň daşynda kämillik ýaşyna ýetmedik maýyp çagalary bolan aýallara bolsa, ýylda bir gezek hut şonuň ýaly möhlete gitmäge rugsat berlip bilner.

4. Aýratyn howply residiwde jenaýat eden iş kesilenlere, WIÇ-infisirlenen kesellilere, şeýle hem arakhorlukdan, toksikomaniýadan, neşekeşlikden, açyk görnüşdäki inçekeselden, weneriki keselden doly bejergi almadyk iş kesilenlere, daş-töwerekdäkiler üçin howp döredýän beýleki kesellerden ejir çekýän iş kesilenlere şu maddanyň birinji böleginde görkezilen esaslar boýunça çykyp gitmäge rugsat berilmeýär.

5. Akyly düzüwligi aradan aýyrmaýan psihiki taýdan bozulmadan ejir çekýän iş kesilenlere, I we II topar maýyp we saglyk ýagdaýy boýunça kesekiniň kömegine mätäç bolan iş kesilenlere, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere garyndaşynyň ýa-da ýany bilen gidýän başga biriniň ugratmagynda düzediş edarasynyň çäklerinden gitmegine rugsat berilýär.

6. Iş kesileniň aýratyn şahsy ýagdaýlar bilen baglanyşykly gysga möhletli çykyp gitmegi hakyndaky arzasyna bir gije-gündizden gijä galynman seredilmelidir.

7. Iş kesileniň şahsyýetini we özüni alyp barşyny, eden jenaýatynyň häsiýetini we agyrlygyny, jezanyň çekilen möhletini hasaba almak bilen düzediş edarasynyň başlygy tarapyndan çykyp gitmegine rugsat berilýär.

8. Iş kesileniň şu maddada görkezilen esaslar boýunça düzediş edarasynyň çäginden daşarda bolan wagty jeza çekmegiň möhletine goşulýar.

9. Iş kesileniň azatlykdan mahrum ediş ýeriniň çäginden gitmegi bilen bagly çykdajylary onuň atly hasabynda bar bolan serişdeleriň hasabyna ýa-da başga adamlar tarapyndan tölenilýär.

10. Iş kesileniň bellenilen möhletde yzyna gaýdyp barmagyny kynlaşdyrýan garaşylmadyk ýagdaýlar ýa-da giden wagtynda keselläp, ýatymlaýyn bejergi almak zerurlygy ýüze çykanynda, kabul edilen karar barada edaranyň administrasiýasyna gyssagly hökman habar bermek bilen iş kesileniň bolýan ýerindäki prokuror tarapyndan sanksiýa berlen içeri işler edarasynyň başlygynyň delillendirilen karary boýunça onuň düzediş edarasyna gaýdyp gelmek möhleti bäş gije-gündize çenli uzaldylyp bilner.

11. Iş kesilenlere azatlykdan mahrum ediş ýeriniň çäginden gitmäge rugsat bermegiň tertibi Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kesgitlenilýär.

12. Iş kesilen bellenilen möhletde düzediş edarasyna jenaýat jezasyny çekmegini dowam etdirmäge dolanyp gelmekden boýun gaçyran halatynda, ol ony jeza çekilýän ýere ýansaklawly ugratmak ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekmek hakyndaky meselesini çözmek üçin iş kesileniň bolýan ýerindäki içeri işler edarasyna mejbury getirilmäge degişlidir.

13. Iş kesilenleriň başga bir döwletiň çägine gitmegine Türkmenistanyň halkara ylalaşyklarynda göz öňünde tutulan tertipde we ýagdaýlarda rugsat berlip bilner.

14. Iş kesilenleriň şu maddada göz öňünde tutulan gitmekleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda keselleriň ýaýramagyna garşy göreş çäreleriniň geçirilýän halatlarynda gadagan edilýär.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky we 2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda; 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

70-nji madda. Iş kesilenleri durmuş taýdan goramak

 

1. Iş kesilenlere pensiýalary we döwlet kömek pullaryny resmileşdirmek we tölemek Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

2. Iş kesilenlere pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki ilaty durmuş taýdan goramak edaralary tarapyndan iş kesilenleriň atly hasaplaryna geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

3. Azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän döwründe zähmete ukyplylygyny ýitiren iş kesilenleriň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.

4. Iş kesilenleriň pensiýalaryndan we döwlet kömek pullaryndan tutumlar tutulýar. Tutumlary tutmagyň esaslary, görnüşleri we tertibi şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

71-nji madda. Iş kesilenleriň ýaşaýyş-durmuş şertleri

 

1. Düzediş edaralarynda jezasyny çekýän adamlara zerur ýaşaýyş-durmuş şertleri üpjün edilýär. Iş kesilenleriň ulanýan jaýlary, aýratyn hem ähli ýatylýan jaýlar, ähli sanitariýa we gigiýena talaplaryna, Türkmenistanyň howa şertlerine laýyk gelmelidir. Iş kesilenleriň wagtal-wagtal peýdalanýan sanitariýa-gigiýena häsiýetindäki jaýlary her bir iş kesilen üçin zerur halatynda elýeterli bolmalydyr, göwnejaý tertipde we arassa saklanylmalydyr, ýylyň pasyllaryny göz öňünde tutmak bilen umumy gigiýena şertleri üpjün edilmelidir.

2. Iş kesilenleriň saglygyny gerekli ýagdaýda saklamak üçin olar ýeterlik ýaşaýyş meýdany bilen üpjün edilmelidirler hem-de howa we ýagtylyk ýeterlik mukdarda berilmelidir. Iş kesilenleriň ýaşaýyş jaý meýdanynyň möçberi düzgünli düzediş edaralarynda bir iş kesilene dört inedördül metrden, türmede üç inedördül metrden, aýallary saklamak üçin niýetlenen düzgünli edaralarda, terbiýeleýiş edaralarynda we bejeriş düzediş edaralarynda bäş inedördül metrden az bolmaly däldir. Saklanylýan ýerlerdäki ýagtylandyryş, ýyladyş, ýelejireşdiriş we amatlylyk şertleri iş kesilenleriň saglygyny goramagyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Emeli ýagtylandyryş iş kesilenleriň gözleri üçin howpsuz okap ýa-da işläp bilmekleri üçin ýeterlik bolmalydyr.

3. Iş kesilenleri umumy otaglar boýunça ýerleşdirmek, olaryň şeýle şertlerde bile bolmak mümkünçiliginiň alamatlary boýunça saýlanandan soň amala aşyrylýar. Gijelerine düzediş edarasynyň düzgünine laýyk gelýän hemişelik gözegçilik amala aşyrylýar.

4. Iş kesilenlere elmydama arassa hem abat saklanylmaly aýratyn ýorgan-düşekler bilen üpjün edilen Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kesgitlenilýän düzgünlere laýyklykdaky aýratyn koýka görnüşinde hususy ýatmak üçin ýerler berilýär.

5. Iş kesilen göwreli aýallara, çaga emdirýän enelere, kämillik ýaşyna ýetmediklere, kesellilere, şeýle hem I we II topar maýyplara gowulandyrylan ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilýär.

 

72-nji madda. Iş kesilenleriň maddy-durmuş üpjünçiligi

 

1. Iş kesilenler gigiýenanyň hususy serişdeleri bilen (azyndan sabyn, diş çotgasy, diş pastasy, hajathana kagyzy, bir gezeklik päkiler bilen (erkek adamlar üçin), şahsy gigiýena serişdeleri bilen (aýallar üçin) üpjün edilýär.

2. Düzediş edarasy gün tertibine laýyklykda her bir iş kesileniň saglygyny we güýjüni saklamak üçin zerur bolan mukdarda we hilde iş kesilenleri iýmit, egin-eşik, ýorgan-düşek, derman serişdeleri we beýleki ilkinji zerur närseler bilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna üpjün edýär. Iş kesilenleriň iýmit we beýleki maddy-durmuş üpjünçiliginiň (egin-eşik, ýorgan-düşek, ýuwujy we arassaçylygyň hususy serişdeleri, derman serişdeleri we beýleki ilkinji zerur närseler) ölçegleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

Iş kesilenleri zähmete çekýän kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna, olar üçin bellenen kadalardan ýokary goşmaça iýmit üpjünçiligi gurnalyp bilner.

Türmede saklanýanlardan başga, iş kesilenlere olaryň atly hasaplarynda bolan serişdeleriniň hasabyna edinilen iýmit önümlerinden, geçirilýän zatlarda bolan önümlerden Içerki tertip-düzgün kadalarynda bellenilen tertipde özbaşdak nahar taýýarlamaga rugsat berilýär.

3. Iş kesilenleriň goş üpjünçiliginiň (mebel we beýleki durmuş enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we şuňa meňzeşler) ölçegleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

Iş kesilenlere ýanynda saklamaga rugsat berilýän närseleriň we zatlaryň sanawy we sany Içerki tertip-düzgün kadalary bilen bellenilýär.

4. Iş kesilen göwreli aýallara, çaga emdirýän iş kesilen enelere, kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere, şeýle hem keselli hem-de I we II topar maýyp iş kesilenlere ýokarlandyrylan iýmit kadalary bellenilýär.

5. Harçlamaklyga rugsat edilen bellenilen mukdardan artyk möçberde iş kesilenler atly hasaplarynda bar bolan serişdelerden düzediş edaralarynda peýdalanmaga rugsat edilen aýakgaby we geýimi, şol sanda sport geýimini, ownuk durmuş tehnikasyny goşmaça edinip, Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kesgitlenýän goşmaça bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny we beýleki hyzmatlary töläp bilerler.

6. Iş kesilenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, medeni we bedenterbiýe-sport maksatly närseleri edinmekleri, şeýle hem iş kesilenlere maddy kömek bermek üçin düzediş edaralarynda iş kesilenler we beýleki fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan düzediş edarasyna muzdsuz berilýän pul serişdeleri we gaýry emläk peýdalanylyp bilner. Muzdsuz (hemaýatkärlik) kömegini bermegiň tertibi, şeýle hem agzalan serişdeleriň hasaby we peýdalanylyşy Içerki tertip-düzgün kadalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

73-nji madda. Iş kesilen göwreli aýallaryň, çaga emdirýän eneleriň we çagaly aýallaryň maddy-durmuş üpjünçiliginiň aýratynlyklary

 

1. Iş kesilen aýallaryň jeza çekýän düzgünli düzediş edaralarynda göwreli aýallara we olaryň çagalaryna seretmek üçin aýratyn jaýlar döredilýär. Göwreli aýallaryň, aýallaryň çaga dogurýan wagtlary we çaga doguranlaryndan soňky döwürde ýöriteleşdirilen kömegi almaga hukuklary bardyr. Gerekli goragyň we üzňeligiň üpjün edilen şertlerinde, çaga dogurmagyň düzgünli edarada däl-de, düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki saglygy goraýyş edarasynyň çaga dogrulýan bölüminde geçirilmegine ýol berilýär. Eger çaga düzgünli düzediş edarasynda dogulýan bolsa, onda bu barada çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynda görkezilmeýär.

2. Çagalary bolan iş kesilen aýallar üçin zerur bolan ýagdaýynda düzgünli düzediş edaralarynda çagalar öýleri gurnalýar. Çagalar öýlerinde çagalaryň kadaly ýaşamagy we ösmegi üçin zerur bolan şertler üpjün edilýär. Çagalar öýleri kämil ýörite hünärli işgärler bilen doly üpjün edilýär. Iş kesilen aýallar çagalar öýlerinde özleriniň üç ýaşa çenli bolan çagalaryny ýerleşdirip we olar bilen işden boş wagtlary çäklendirmezden görşüp we gepleşip bilerler. Olara çagasy bilen bile ýaşamaga rugsat edilip bilner.

3. Iş kesilen aýallaryň razylygy bilen çagalary olaryň garyndaşlaryna ýa-da hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň karary boýunça başga adamlara berlip ýa-da çagalary üç ýaşyna ýetenlerinde degişli çagalar edaralaryna ugradylyp bilner.

4. Eger-de düzediş edarasynyň çagalar öýünde saklanylýan çaganyň üç ýaşy dolan bolsa, ejesiniň boşamagyna bolsa bir ýyldan az wagt galan bolsa, düzediş edarasynyň administrasiýasy çaganyň çagalar öýünde bolmagynyň möhletini ejesiniň jeza çekmek möhletiniň tamamlanýan gününe çenli uzaldyp biler.

5. Iş kesilen göwreli aýallar we çaga emdirýän eneler lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda atly hasaplaryndaky hususy serişdeleriniň hasabyna enäniň we çaganyň saglygyny kadaly saklamak üçin zerur bolan mukdarda we assortimentde iýmit önümlerini alyp bilerler.

6. Bir ýarym ýaşa çenli çagasy bolan iş kesilen aýallara çagany naharlamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda wagt berilýär.

 

74-nji madda. Iş kesilenleriň lukmançylyk-sanitariýa üpjünçiligi

 

1. Düzediş edaralarynyň lukmançylyk gulluklarynyň keselli iş kesilenlere göwnejaý lukmançylyk kömegini bermek we bejergi geçirmek üçin zerur bolan enjamlary, gurallary we dermanlary, şeýle hem ýeterlik derejedäki kämil hünärli işgärleri bolmalydyr. Azatlykdan mahrum ediş ýerlerindäki iş kesilenlere lukmançylyk-sanitariýa we öňüni alyş kömekleri ýerli saglygy goraýyş edaralary bilen pugta aragatnaşykda guralýar we Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de Içerki tertip-düzgün kadalaryna laýyklykda geçirilýär.

2. Düzediş edaranyň lukmançylyk gulluklary iş kesileniň düzediş edarasyna gelen we onda jezany çekýän döwründe iş kesileniň gaýtadan terbiýelenmegine päsgelçilik berip biljek ähli fiziki we psihiki keselleri we kemçilikleri ýüze çykarmalydyrlar we olaryň bejerilmegi barada alada etmelidirler. Şu maksat bilen düzediş edaralarynyň zerur bolan lukmançylyk, hirurgiýa we psihiatriýa hyzmatlaryny üpjün eder ýaly mümkünçilikleri bolmalydyr.

3. Hünärmeniň hyzmatyna mätäçlik çekýän iş kesilenler bejeriş-düzediş edaralaryna, zerur halatynda, eger bu lukmançylyk görkezijileri boýunça zerur bolsa, gyssagly we kämil lukmançylyk kömegini bermek üçin, gerekli goragyň we üzňeligiň üpjün edilen şertlerinde raýat lukmançylyk edarasyna geçirilýär.

4. Her bir iş kesileniň kämil hünärli diş lukmanynyň hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçiligi bolmalydyr.

5. Iş kesilenlere lukmançylyk hyzmatlaryny etmek üçin azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde lukmançylyk bölümleri, inçekeseliň açyk görnüşi bilen kesellileri, arakhorlukdan, neşekeşlikden we toksikomaniýadan ejir çekýänleri, WIÇ-infisirlenenleri saklamak we ýatymlaýyn bejergisini geçirmek üçin bolsa bejeriş-düzediş edaralary guralýar. Arakhorlukdan, neşekeşlikden we toksikomaniýadan ejir çekýän iş kesilenleriň mejbury bejerilişi düzgünli düzediş edarasynyň lukmançylyk bölümi tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

6. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler şahsy we umumy gigiýena kadalaryny, sanitariýa talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

7. Düzediş edaralarynyň administrasiýasy iş kesilenleriň saglygynyň goragyny üpjün edýän bellenilen sanitariýa-gigiýena we keselleriň ýaýramagyna garşy talaplaryň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik çekýär.

8. Iş kesilen iýmit iýmekden boýun gaçyran we onuň jany üçin howp döredýän ýagdaý ýüze çykan halatynda lukmançylyk görkezijileri boýunça iş kesileniň mejbury iýmitlendirilmegine ýol berilýär.

9. Iş kesilenlere lukmançylyk kömegini bermegiň, sanitariýa gözegçiligini guramagyň we geçirmegiň, saglygy goraýyş edaralarynyň bejeriş-öňüni alyş we sanitariýa-öňüni alyş edaralaryny peýdalanmagyň we bu maksatlar üçin olaryň lukman işgärlerini çekmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy, Içerki tertip-düzgün kadalary, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.

 

75-nji madda. Iş kesilenleriň maddy jogapkärçiligi

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler jeza çekýän döwründe döwlete ýa-da fiziki we ýuridik şahslara ýetiren maddy zyýany üçin şu aşakdaky maddy jogapkärçiligi çekýärler:

1) iş kesilenler tarapyndan zähmet borçlary ýerine ýetirilende ýetirilen zyýan üçin-Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan möçberlerde;

2) iş kesilenleriň beýleki hereketleri arkaly ýetirilen zyýan üçin –Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan möçberlerde.

2. Iş kesilen düzediş edarasyna ýetiren zyýanynyň, şeýle hem onuň öz saglygyna bilkastlaýyn zeper ýetiren halatynda bejergisi bilen bagly çykdajylaryň öwezini dolmalydyr.

3. Ýetirilen maddy zyýan üçin nädogry tutulyp saklanylan pul möçberi iş kesilene atly hasabyna geçirmek bilen gaýtarylyp berilmäge degişlidir.

 

12-nji bap.

AZATLYKDAN MAHRUM ETMÄGE IŞ KESILENLERIŇ ZÄHMETI, HÜNÄR BILIMI WE HÜNÄR TAÝÝARLYGY

 

76-njy madda. Iş kesilenleri zähmete çekmek

 

1. kesilenler düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan kesgitlenen ýerlerde we işlerde zähmet çekýär. Iş kesilenleriň zähmeti olaryň ejir çekmegine getirmeli däldir. Düzediş edarasynyň administrasiýasy iş kesilenleriň jynsyny, ýaşyny, zähmete ukyplylygyny we mümkin boldugyça, hünärini göz öňünde tutmak bilen, olaryň lukman tarapyndan tassyklanan fiziki we psihiki aýratynlyklaryna laýyklykda jemgyýete peýdaly zähmete çekýär. Iş kesilenler, kada bolşy ýaly, şol edaralaryň önümçiliginde, aýratyn ýagdaýlarda, degişli gorag we üzňeleşdiriş şertleri üpjün edilende bolsa, döwlet we eýeçiligiň görnüşine garamazdan beýleki kärhanalarda zähmete çekilýärler.

2. Iş kesilenlere üpjün edilýän iş kadaly iş gününi doldurmak we mümkin boldugyça, azatlyga çykanlaryndan soň jemgyýete peýdaly zähmet bilen meşgullanmaga mümkinçilik berjek hünäri bermek ýa-da ony ýokarlandyrmak üçin ýeterlik bolmalydyr.

3. Iş kesilen 62 ýaşdan uly erkek adamlar we 57 ýaşdan uly aýallar, şeýle hem I we II topar maýyplar zähmete öz islegine görä çekilýärler.

4. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler zähmete Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda çekilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedigi zähmete çekmegiň maksady oňa geljekde zähmete taýýarlamaga uly mümkinçilikleri döretjek hünär endiklerini öwretmekden ybaratdyr.

5. Türmelerde jeza çekýän iş kesilenleriň zähmeti diňe türmäniň çäginde guralýar.

6. Iş kesilenleriň zähmetini peýdalanmak gadagan edilýän işleriň we wezipeleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

7. Iş kesilenleri çekmek bilen alnyp barylýan önümçilik işi girdeji almak bähbitlerine bagly bolmaly däldir we düzediş edaralarynyň esasy wezipesiniň - iş kesilenleri düzetmegiň ýerine ýetirilmegine päsgel bermeli däldir.

8. Iş kesilenlere zähmet jedellerini çözmek maksady bilen işi ýatyrmak gadagan edilýär.

9. Düzediş edaralarynda iş kesilenleriň fiziki we psihiki taýdan saglygynyň bähbitlerine dynç almak üçin we medeni işlere mümkinçilik üpjün edilýär.

10. Zähmete çekilen iş kesilenler döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna degişlidir.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

77-nji madda. Iş kesilenleriň zähmet şertleri

 

1. Iş kesilenleriň iş wagtynyň dowamlylygy, zähmeti we saglygy goramagyň, tehniki howpsuzlygynyň we önümçilik sanitariýasynyň kadalary, şeýle hem önümçilik şikesi ýa-da hünär keselleri bilen baglylykda zyýanyň öwezini dolmagyň  tertibi Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär. Işiň (çalşygyň) başlanýan we tamamlanýan wagty düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan bellenilýän çalşyk tertipleri bilen kesgitlenilýär.

2. Iş kesilenleriň ýerine ýetirýän işiniň häsiýetini hasaba almak bilen, terbiýeleýiş edaralaryndan beýlekilerde, iş wagtynyň jemlenen hasabyna ýol berilýär. Iş wagtynyň hasaby düzediş edarasy tarapyndan ýöredilýär. Hasaba alynýan iş wagtynyň dowamlylygy onuň Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda bellenilen dowamlylygyndan artyk bolmaly däldir. Iş kesilenleriň zähmete çekilen wagty Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olaryň iş döwrüne goşulýar.

3. Zähmete çekilen iş kesilenlere düzediş edarasynyň çäginde Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda bellenilen tertipde her ýylky esasy rugsat berilýär.

4. Zähmete çekilen iş kesilenlere Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kepillikler we öwezini dolmalar degişlidir.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

78-nji madda. Iş kesilenleriň zähmetine hak tölemek

 

1. Iş kesilenleriň Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda zähmete hak tölenmegine hukuklary bardyr. Iş kesilenleriň zähmet haky olaryň atly hasaplaryna geçirilýär.

2. Bir aýda iş wagtynyň bu döwür üçin kesgitlenen ölçegini doly işlän we öz zähmet borçlaryny (zähmet ölçegini) ýerine ýetiren iş kesilenleriň aýlyk zähmetine hak tölemek degişli işleriň ýerine ýetirilenligi üçin zähmete hak tölemegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberinden pes bolmaly däldir.

3. Doly däl iş günündäki ýa-da doly däl iş hepdesindäki çekilen zähmete hak tölemek işlenen wagta barabarlykda ýa-da edilen işe baglylykda geçirilýär.

4. Iş kesileniň özüniň iş hakynyň bölegini maşgalasyna ugratmaga hukugy bardyr.

 

79-njy madda. Iş kesilenleri zähmete hak tölenmeýän işlere çekmek

 

1. Iş kesilenler zähmetine hak tölenilmezden düzediş edarasyny we oňa ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, şeýle hem medeni-durmuş şertlerini gowulandyrmak we azyk bilen üpjün etmek boýunça işlere çekilip bilner.

2. Iş kesilen 62 ýaşdan uly erkek adamlar we 57 ýaşdan uly aýallar, I we II topar maýyplar we göwreli aýallar zähmete hak tölenilmeýän işlere olaryň öz islegleri boýunça çekilýär.

3. Iş kesilenler bu işlere, kada bolşy ýaly, işden başga wagtlarda nobatlylyk tertibinde çekilýär we bu işleriň dowamlylygy hepdede iki sagatdan artyk bolmaly däldir. Iş kesilenleriň islegleri boýunça işleriň dowamlylygy artdyrylyp bilner.

 

80-nji madda. Iş kesilenleriň zähmet haklaryndan we beýleki girdejilerinden tutumlary tutmak

 

1. Alimentleri, fiziki şahslaryň girdeji salgydy we beýleki hökmany geçirmelerden soň, ýerine ýetiriş kagyzy ýa-da beýleki ýerine ýetiriş resminamalary boýunça iş kesilenleriň zähmet hakyndan tutumlar tutmak Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

2. Ähli tutulýan tutumlara garamazdan, düzediş edarasynda saklanýan iş kesileniň hasaplap çykarylan zähmet hakynyň, pensiýasynyň, döwlet kömek pulunyň ýa-da beýleki girdejisiniň 25 göterimden az bolmadyk möçberi onuň atly hasabyna geçirilýär, iş kesilen 62 ýaşdan uly erkek adamlaryň, 57 ýaşdan uly aýallaryň, I we II topar maýyplaryň, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň, göwreli aýallaryň, düzediş edarasynyň çagalar öýlerinde çagasy bar bolan aýallaryň atly hasaplaryna bolsa, 50 göterimden az bolmadyk möçberi geçirilýär.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

81-nji madda. Iş kesilenleriň hünär bilimi we hünär taýýarlygy

 

1. Düzediş edarasynda we ondan boşadylandan soň hem işläp biljek käri (hünäri) bolmadyk iş kesilenlere bu edarada başlangyç hünär bilimi we hünär taýýarlygy guralýar.

2. Iş kesilen 62 ýaşdan uly erkek adamlar we 57 ýaşdan uly aýallar, I we II topar maýyplar öz islegleri boýunça degişli hünär taýýarlygyny alyp bilerler.

3. Iş kesilenleriň başlangyç hünär bilimini we hünär taýýarlygyny almaga bolan garaýyşlary olaryň düzeliş derejesi kesgitlenende göz öňünde tutulýar.

4. Başlangyç hünär bilimi we hünär taýýarlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

5. Düzgünli düzediş we terbiýeleýiş edaralarynda zerurlygy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde başlangyç hünär okuw mekdepleriniň şahamçalary (bölümleri) döredilýär.

 

13-nji bap.

AZATLYKDAN MAHRUM ETMÄGE IŞ KESILENLERE TERBIÝEÇILIK TAÝDAN TÄSIR ETMEK

 

82-nji madda. Iş kesilenler bilen terbiýeçilik işi

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler bilen terbiýeçilik işi – munuň özi düzediş edaralarynyň işgärleriniň, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň iş kesilenleriň düzelmegine, olarda jemgyýete peýdaly zähmet bilen meşgullanmaga bolan ymtylyşy, zähmete päk ýürekli garaýyşy, kanunlaryň we jemgyýetde kabul edilen ahlak kadalarynyň we özüňi alyp barmak düzgünleriniň talaplaryny berjaý etmäge, olarda bilim we medeni derejelerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga bolan islegi emele getirmäge we berkitmäge gönükdirilen, pedagogik ýörelgelerine, usullaryna we görnüşlerine esaslanan meýilnamalaýyn işidir.

2. Iş kesilenleriň geçirilýän terbiýeçilik çärelerine gatnaşmaklary olaryň düzeliş derejesi kesgitlenilende, şeýle hem höweslendiriş we temmi çäreleri ulanylanda göz öňünde tutulýar.

3. Düzediş edarasynyň gün tertibi bilen iş kesilenleriň gatnaşmagy hökmany bolan terbiýeçilik çäreleri göz öňünde tutulyp bilner.

4. Iş kesilenler bilen terbiýeçilik işi olaryň şahsyýetiniň özboluşly aýratynlyklaryny, jeza çekýän döwründe özüni alyp barşyny, eden jenaýatynyň häsiýetini we ýagdaýlaryny hasaba almak bilen geçirilýär.

 

83-nji madda. Iş kesilenler bilen terbiýeçilik işiniň esasy görnüşleri we usullary

 

1. Şu Kodeksiň 82-nji maddasynyň birinji böleginde kesgitlenilen maksatlara ýetmek üçin düzediş edaralarynda azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler bilen olaryň düzelmegine ýardam edýän hukuk, ahlak, zähmet, medeni aň-bilim, sanitariýa-gigiýena we beýleki terbiýeçilik işleri guralýar.

2. Iş kesilenler bilen terbiýeçilik işleri düzediş edarasynyň görnüşini, jeza möhletini, saklanylyşynyň aýratyn, umumy, köpçülikleýin görnüşleriniň şertlerini hasaba almak bilen, psihologik-pedagogik usullar esasynda aýratynlykda guralýar.

3. Iş kesilenler bilen terbiýeçilik işlerini guramak üçin düzediş edaralarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan kadalara laýyklykda maddy-tehniki binýady döredilýär.

4. Iş kesilenler bilen terbiýeçilik işleri geçirilende döwürleýin metbugat, radio ýaýlymlarynyň alnyp eşitdirilişi, teleýaýlymlara, kinofilmlere tomaşa etmek peýdalanylýar, kitaphana işi guralýar.

5. Düzediş edaralarynda iş kesilenleriň ähli toparlary üçin elýeterli we çeper hem-de bilim berijilik mazmunly kitaplar bolan kitaphana döredilýär.

 

84-nji madda. Iş kesilenleriň höwesjeň guramalary

 

1. Düzediş edaralarynda meýletin esaslarda düzediş edaralarynyň administrasiýasynyň gözegçiligi astynda işleýän azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleriň höwesjeň guramalary döredilip bilner.

2. Iş kesilenleriň höwesjeň guramalaryň işine gatnaşmagy goldanylýar we düzeliş derejesi kesgitlenende göz öňünde tutulýar.

3. Höwesjeň guramalaryň esasy wezipeleri: iş kesilenlere öz-özüňi terbiýelemekde, ruhy, hünär we beden taýdan ösmekde kömek etmekden; peýdaly başlangyçlaryny ösdürmekden we iş kesilenleriň düzelmegine peýdaly täsir etmekden; zähmeti, durmuşy we boş wagty guramak meselelerini çözmäge gatnaşmakdan; düzgün-nyzamy we tertibi saklamakda, iş kesilenleriň arasynda sagdyn gatnaşyklary kemala getirmekde administrasiýa ýardam etmekden; iş kesilenlere we olaryň garyndaşlaryna durmuş taýdan kömek bermekden ybaratdyr. Höwesjeň guramalaryň öňünde jezany ýerine ýetirmegiň maksatlaryna, tertibine we şertlerine ters gelmeýän beýleki wezipeler hem durup biler.

4. Iş kesilenleriň höwesjeň guramalarynyň agzalary goşmaça ýeňilliklerden peýdalanmaýarlar. Höwesjeň guramalar we olaryň agzalary düzediş edarasynyň administrasiýasynyň ygtyýarlyklaryna eýe bolup bilmezler.

5. Iş kesilenleriň höwesjeň guramalarynyň döredilmeginiň we işiniň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

6. Düzediş edaralarynda özlerini oňat tarapdan görkezen iş kesilenlerden düzediş edaralarynyň we otrýadlaryň toparlarynyň geňeşleri döredilýär. Eger höwesjeň guramalaryň işi şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen wezipeleri çözmäge gönükdirilse, düzediş edaralarynda beýleki höwesjeň guramalary hem döredilip bilner.

7. Türmede we tussag otagy görnüşli jaýlarda saklanylýan iş kesilenleriň arasynda höwesjeň guramalar döredilmeýär.

 

85-nji madda. Iş kesilenleriň umumy orta bilim almagyny guramak

 

1. Düzediş edaralarynda iş kesilenleriň umumy orta bilimi hökmany almaklary guralýar we otuz ýaşa ýetmedik iş kesilenleriň mundan beýläk-de bilim almaklaryna mümkinçiligi üpjün edilýär. Ýaşy otuzdan ýokary we I we II topar maýyp iş kesilenler umumy orta bilimi öz isleglerine görä alýarlar.

2. Umumy orta bilim almak maksady bilen okuwyny dowam etmäge isleg bildiren iş kesilenler üçin düzediş edarasynyň administrasiýasy we degişli ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan zerur şertler döredilýär.

3. Okuwçylar Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda synaglary tabşyrmak üçin işden boşadylýarlar.

4. Iş kesilenleriň bilim almaga bolan ymtylmalary düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan höweslendirilýär hem-de jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak we jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak meselesi çözülende göz öňünde tutulýar.

5. Umumy bilim berýän edaralaryň pedagoglar toparlary düzediş edarasynyň administrasiýasyna terbiýeçilik işinde kömek edýärler.

6. Iş kesilenleriň umumy orta bilim almagyny guramak, düzediş edaralarynda bilim berýän edaralary (mekdepleri we okuw-maslahat beriş merkezlerini) döretmek, üýtgedip gurmak we ýatyrmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

 

86-njy madda. Iş kesilenlere ulanylýan höweslendiriş çäreleri

 

1. Düzediş edarasynyň her birinde iş kesilenleri özlerini göreldeli alyp barmaga höweslendirmek, olarda eden işleri we etmişleri üçin jogapkärçilik duýgusyny ösdürmek, olaryň kalbyna täzeden terbiýelenmek pikirini guýmak we olaryň edaranyň administrasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmagyny gazanmak üçin iş kesilenleriň dürli toparlaryna çemeleşmegiň dürli usullary we ýeňillikleriň ulgamy işlenilip taýýarlanylýar we ulanylýar.

2. Özlerini göreldeli alyp barýandyklary, zähmete, okuwa päk ýürekli gatnaşýandyklary, höwesjeň guramalaryň işine we terbiýeçilik çärelerine işjeň gatnaşýandyklary üçin iş kesilenlere şu höweslendiriş çäreleri ulanylyp bilner:

1) minnetdarlyk yglan etmek;

2) sowgat bilen sylaglamak;

3) baýrak bermek;

4) goşmaça gysga möhletli ýa-da uzak möhletli duşuşyk bermek;

5) bir aýa çenli möhlete gündelik gezelenç etmek wagtyny türmede umumy düzgünde saklanýan iş kesilenlere iki sagada, berk düzgündäkilere bolsa bir ýarym sagada çenli uzaltmak;

6) öň berlen temmi çäresini möhletinden öň aýyrmak;

7) berk we umumy düzgünli düzediş edaralarynda jezasyny çekýän iş kesilenleriuly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat üçin bellenen jeza möhletiniň dörtden bir bölegini we agyr jenaýat üçin bellenen jeza möhletiniň üçden bir bölegini doldurandan soňdüzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerine geçirmek;

8) iş kesilen jeza möhletiniň azyndan bir ýylyny çekenden soň aýratyn düzgünli edaranyň içindäki tussag otagy görnüşli jaýlardan adaty ýaşaýyş jaýlaryna geçirmek;

9) iş kesilen aýratyn düzgünli edarada jeza möhletiniň azyndan üçden bir bölegini çekenden soň aýratyn düzgünli düzediş edarasyndan berk düzgünli düzediş edarasyna geçirmek;

10) höküm boýunça bellenilen türme tussaglygynda bolmak möhletiniň azyndan üçden bir bölegini çekenden soň türmeden düzgünli düzediş edarasyna geçirmek.

3. Iş kesilenlere höweslendiriş tertibinde bir ýylyň dowamynda goşmaça dört gezege çenli gysga möhletli ýa-da uzak möhletli duşuşyklar berlip bilner.

4. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän iş kesilenlere dynç alyş we baýramçylyk günlerini bu edaranyň çäklerinden daşarda geçirmäge rugsat bermek görnüşindäki höweslendiriş çäreleri ulanylyp bilner.

5. Şu maddanyň ikinji böleginiň 7-nji bendinde görkezilen höweslendiriş çäresi düzediş edarasynyň administrasiýasynyň we gözegçilik toparynyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.

6. Iş kesilenler jezany ýerine ýetirýän edaranyň we gözegçilik toparynyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 75-nji we 76-njy maddalarynda göz öňünde tutulan tertipde jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylmaga ýa-da jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrylmaga hödürlenip bilner.

7. Düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan iş kesilenler babatda rehim etmek barada haýyşnama hem gozgalyp bilner.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky we 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda; 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

87-nji madda. Iş kesilenlere höweslendiriş çäresini ulanmagyň tertibi

 

1. Minnetdarlyk görnüşindäki höweslendirme dilden ýa-da ýazmaça, beýleki höweslendirmeler diňe ýazmaça ulanylýar.

2. Öň berlen temmi çäresini möhletinden öň aýyrmak görnüşindäki höweslendirmä:

1) şu Kodeksiň 88-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-4-nji bentlerinde görkezilen temmi çäresini alan gününden üç aý geçenden soň;

2) şu Kodeksiň 88-nji maddasynyň ikinji böleginiň 5-8-nji bentlerinde we dördünji-altynjy böleklerinde görkezilen temmi çäresini alan gününden alty aý geçenden soň ýol berilýär .

3. Aýrylmadyk ýa-da öz-özünden aýrylmadyk temmisi bolan iş kesilene diňe öň berlen temmi çäresini möhletinden öň aýyrmak görnüşindäki höweslendirme ulanylyp bilner. Öň berlen temmi çäresini möhletinden öň aýyrmak işi nobat boýunça, aýrylmadyk ilkinji temmiden başlap amala aşyrylýar.

Öň berlen temmi çäresini möhletinden öň aýyrmaga jezany çekmegiň bellenilen tertibini zandyýamanlyk bilen bozujy diýlip ykrar edilen iş kesilenler babatda ýol berilmeýär.

 

88-nji madda. Iş kesilenlere ulanylýan temmi çäreleri

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenlere güýçli fiziki ýa-da psihiki agyry ýetirmek bilen baglanyşykly ýa-da gynamalaryň, rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da kemsidiji gatnaşyklaryň alamatlary bolan, şeýle hem ten jezalaryny we garaňky otaga gabamak görnüşindäki jezany temmi çäresi hökmünde ulanmak gadagan edilýär.

2. Jeza çekmegiň bellenilen tertibiniň bozulmagy üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenlere şu temmi çäreleri ulanylyp bilner:

1) käýinç yglan etmek;

2) bir aýa çenli möhlete ýollamalary, banderollary we geçirilýän zatlary almak hukugyndan mahrum etmek;

3) nobatdaky uzak möhletli ýa-da gysga möhletli duşuşyklardan mahrum etmek;

4) bir aýa çenli möhlet bilen telefon gepleşiklerine bolan hukukdan mahrum etmek;

5) düzgünli düzediş edaralarynda saklanylýan iş kesilenleri on bäş gije-gündize çenli möhlet bilen jerime gabawhanasyna ýerleşdirmek;

6) üç aýa çenli möhlet bilen jeza çekmegiň bellenilen tertibini zandyýamanlyk bilen bozan umumy we berk düzgünli düzediş edaralarynda saklanylýan iş kesilen erkek adamlary tussag otagy görnüşli jaýlara, aýratyn düzgünli edaralarda saklanylýanlary – ýeke adamlyk tussag otaglara, türmede bolsa – iki aýdan alty aýa çenli möhlet bilen berk düzgüne geçirmek;

7) aýratyn düzgünli edaralardaky adaty ýaşaýyş jaýlarynda saklanýan iş kesilenleri şol edaranyň tussag otagy görnüşli jaýlaryna geçirmek;  

8) jeza çekmegiň bellenilen tertibini zandyýamanlyk bilen bozan iş kesilen aýallary bir aýa çenli möhlet bilen tussag otagy görnüşli jaýlara geçirmek.

3. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen göwreli aýallara we çaga emdirýän enelere şu maddanyň ikinji böleginiň 8-nji bendinde göz öňünde tutulan temmi çäresi ulanylmaýar.

4. Terbiýeleýiş edaralarynda jeza çekýän iş kesilenlere okuwa çykarmak bilen bäş gije-gündize çenli düzgün-nyzam gabawhanasyna ýerleşdirmek görnüşinde temmi ulanylyp bilner.

5. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän iş kesilenlere umumy ýaşaýyş jaýynyň daşynda ýaşamagy we işden boş wagtlary umumy ýaşaýyş jaýynyň daşyna çykmagy bir aýa çenli möhlet bilen gadagan etmek görnüşindäki temmi çäresi ulanylyp bilner.

6. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýäniş kesilenler tarapyndan yzygiderli ownuk bozgakçylyk edilen ýa-da jeza çekmegiň bellenilen tertibiniň zandyýamanlyk bilen bozulan halatlarynda olar jeza çekmegini dowam etmegi üçin umumy düzgünli düzediş edaralaryna, höweslendiriş çäresi hökmünde öň berk düzgünli düzediş edaralaryndan geçirilen iş kesilenler bolsa, yzyna berk düzgünli düzediş edaralaryna geçirilip bilner.

7. Türmelerde saklamagyň bellenilen düzgünini zandyýamanlyk bilen bozýan iş kesilen erkek adamlara işlemäge çykarmazdan on bäş gije-gündize çenli möhlete jerime otagyna ýerleşdirmek görnüşinde temmi çäresi ulanylyp bilner.

8. Jeza çekmegiň bellenilen tertibini zandyýamanlyk bilen bozýan iş kesilenlere şu Kodeksiň 49-njy maddasynyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan çäre ulanylyp bilner.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

89-njy madda. Iş kesilenler tarapyndan jeza çekmegiň bellenilen tertibiniň zandyýamanlyk bilen bozulmagy

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler tarapyndan jeza çekmegiň bellenilen tertibiniň zandyýamanlyk bilen bozulmagyna şular degişlidir:

1) neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we spirtli içgileri ulanmak;

2) ownuk huligançylyk;

3) düzediş edarasynyň administrasiýasynyň wekillerine haýbat atmak, boýun egmezlik ýa-da olary masgaralamak;

4) häkimiýetiň beýleki wekilleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda olara haýbat atmak ýa-da masgaralamak;

5) gadagan edilen närseleri ýasamak, saklamak ýa-da başga birine bermek;

6) kazyýet ýa-da lukmançylyk toparynyň karary bilen bellenilen lukmançylyk häsiýetdäki mejbury çäreleri ýerine ýetirmekden ýa-da hökmany bejergiden boýun gaçyrmak;

7) düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinirugsatsyz taşlap gitmek;

8) iş taşlaýyşlary ýa-da başga görnüşli toparlaýyn boýun egmezlikleri guramak, şonuň ýaly-da olara işjeň gatnaşmak;

9) iş kesilenleriň şu maddada görkezilen düzgün bozmalary amala aşyrmaga gönükdirilen toparlanyşyklaryny guramak ýa-da olara işjeň gatnaşmak.

2. Jeza çekmegiň bellenilen tertibiniň bir ýylyň dowamynda gaýtadan bozulmagy hem, eger-de ol bozulmalaryň her biri üçin iş kesilen düzgün-nyzam ýa-da jerime gabawhanasyna ýerleşdirmek, tussag otagy görnüşli jaýa we ýeke adamlyk tussag otagyna geçirmek görnüşinde temmi çäresine sezewar edilen bolsa, zandyýamanlyk bilen bozulma hökmünde ykrar edilip bilner.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen düzgün bozulmalary eden iş kesilene şu Kodeksiň 88-nji maddasynyň ikinji böleginiň 5-8-nji bentlerinde we dördünji-altynjy böleklerinde göz öňünde tutulan temmi çäresiniň bellenilen ýagdaýynda, jeza çekmegiň bellenilen tertibini zandyýamanlyk bilen bozujy diýlip ykrar edilýär.

4. Iş kesilen düzediş edarasynyň başlygynyň delillendirilen karary bilen temmi çäresiniň berilmegi bilen bir wagtda zandyýamanlyk bilen düzgün bozujy diýlip ykrar edilýär.

5. Eger iş kesileniň özüni alyp barşy düzediş edarasynda alty aýyň dowamynda şu Kodeksiň 94-nji maddasynyň üçünji böleginiň şertlerine laýyk gelse we şol bir wagtda ol höwesjeň guramalaryň we başga bir jemgyýete peýdaly zähmete gatnaşmagy bilen peýdaly başlangyçlary ýüze çykarýan bolsa, onda düzediş edarasynyň başlygynyň karary bilen görkezilen möhlet geçende iş kesileniň jeza çekmegiň bellenilen tertibini zandyýamanlyk bilen bozujy diýlip, ykrar edilmegi ýatyrylyp bilner.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

90-njy madda. Iş kesilenlere temmi çärelerini ulanmagyň tertibi

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilene temmi çäresi ulanylanda düzgün bozulmanyň edilen ýagdaýy, iş kesileniň şahsyýeti we şondan öňki özüni alyp barşy göz öňünde tutulýar. Berilýän temmi çäresi düzgün bozulmanyň agyrlygyna we häsiýetine laýyk gelmelidir. Temmi çäresi düzgün bozulmanyň ýüze çykarylan gününden beýläk on gije-gündizden gijä galman, eger-de barlag geçirilen bolsa – onuň tamamlanan gününden beýläk, ýöne düzgün bozulmanyň amala aşyrylan gününden beýläk üç aýdan gijä galman berilýär. Temmi çäresi, kada bolşy ýaly, haýal etmezden ýerine ýetirilýär, haýal etmän ýerine ýetirilmegi mümkin bolmadyk halatlarynda – onuň berlen gününden beýläk bir aýdan gijä goýman ýerine ýetirilýär. Bir düzgün bozulma üçin diňe bir temmi berlip bilner.

2. Käýinç görnüşindäki temmi dilden ýa-da ýazmaça, beýleki temmiler diňe ýazmaça berilýär. Ýazmaça temmi düzediş edarasynyň başlygynyň ýa-da onuň ornuny tutýan adamyň delillendirilen karary bilen berilýär.

3. Temmi berilmezden öň iş kesilene öz pikirini aýtmaga we özüni aklamak üçin ýazmaça düşündiriş bermäge mümkinçilik berilýär. Ýazmaça düşündiriş bermäge mümkinçiligi bolmadyk iş kesilenlere ony düzmekde düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan ýardam edilýär. Iş kesilen düşündiriş bermekden ýüz dönderen halatynda degişli ykrarnama düzülýär.

Iş kesilenlere temmi çärelerini ulanýan wezipeli adamlar düzgün bozulmanyň amala aşyrylan ýagdaýlaryny, iş kesileniň günäsiniň we aklanmagynyň derejesini hemmetaraplaýyn we doly göz öňünde tutmalydyrlar we olar bilen şahsy gürrüňdeşlik geçirenlerinden soň temmi bermelidirler.

4. Nobatdaky uzak wagtlaýyn ýa-da gysga wagtlaýyn duşuşykdan mahrum etmek görnüşindäki temmi berlende iş kesileniň mahrum edilýän duşuşygynyň görnüşi şol temmini berýän wezipeli adam tarapyndan kesgitlenilýär. Iş kesilen onuň şol temminiň berlen pursadynda almaga hukugy bolan nobatdaky golaý duşuşygyndan mahrum edilip bilner.

5. Umumy we berk düzgünli düzediş edaralarynda ýa-da aýratyn düzgünli düzediş edaralaryň adaty ýaşaýyş jaýlarynda saklanýan iş kesilenleriň tussag otagy görnüşli jaýa, şeýle hem aýratyn düzgünli düzediş edaralarynda şol edaranyň ýeke adamlyk tussag otagyna geçirilmegi düzediş edarasynyň başlygynyň düzediş edarasynyň ýerleşýän ýeri boýunça gözegçilik topary bilen ylalaşylan karary boýunça amala aşyrylýar.

Temmileriň şu Kodeksiň 88-nji maddasynyň altynjy böleginde göz öňünde tutulandan beýleki görnüşleri düzediş edarasynyň başlygynyň karary bilen berilýär.

6. Düzediş edarasynyň çagalar öýünde emýän çagalary bolan iş kesilen aýallar, göwreliligi we çaga dogranlygy sebäpli işden boşadylan aýallar, şeýle hem I we II topar maýyplar jerime gabawhanasyna we tussag otagy görnüşli jaýlara geçirilmeýärler.

7. Iş kesileniň temmi bermek hakyndaky wezipeli adamyň kararyna ýokarda durýan wezipeli adama, prokurora ýa-da kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr. Iş kesilen tarapyndan temmi bermek hakyndaky karara şikaýat edilende onuň ýerine ýetirilmegi togtadylmaýar.

Esaslar bar bolanda, temmini beren wezipeli adam ýa-da muňa hukugy bolan ýokarda durýan wezipeli adam tarapyndan şol temmi ýatyrylyp ýa-da çalşyrylyp bilner ýa-da prokuror ýa-da kazyýet tarapyndan ýatyrylyp bilner.

8. Eger-de iş kesilen temmi berlen gününden beýläk bir ýylyň dowamynda täzeden temmi çäresine sezewar edilmese, ol temmi çäresi berilmedik hasap edilýär.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

91-nji madda. Düzediş edaralarynyň iş kesilenlere höweslendiriş we temmi çärelerini ulanýan wezipeli adamlary

 

1. Höweslendiriş we temmi çärelerini doly möçberde ulanmaga düzediş edaralarynyň başlyklarynyň we olaryň ornuny tutýan adamlaryň hukuklary bardyr.

2. Düzediş edaralarynyň başlyklarynyň orunbasarlary we beýleki wezipeli adamlar Içerki tertip-düzgün kadalary bilen bellenilen möçberde höweslendiriş we temmi çärelerini ulanyp bilerler.

3. Iş kesilenden temmini möhletinden öň aýyrmaga temmini beren wezipeli adamyň, şeýle hem ýokarda durýan wezipeli adamlaryň hukuklary bardyr.

 

92-nji madda. Iş kesilenleri jerime otaglarynda, jerime we düzgün-nyzam gabawhanalarynda, tussag otagy görnüşli jaýlarda we ýeke adamlyk tussag otaglarynda saklamagyň şertleri

 

1. Jerime otaglaryna, jerime we düzgün-nyzam gabawhanalaryna ýerleşdirilen iş kesilenlere iýmit önümlerini we ilkinji zerur närseleri edinmek, duşuşmak, geçirilýän zatlary almak, ýollamalary, banderollary we hatlary ibermek we almak, telefonda gepleşmek gadagan edilýär. Olar dowamlylygy bir sagat bolan gündelik gezelenç etmekden peýdalanmaga hukulydyrlar.

2. Temmi bermek tertibinde tussag otagy görnüşli jaýlara we ýeke adamlyk tussag otaglaryna geçirilen iş kesilenler şu aşakdakylara hukuklydyrlar:

1) tussag otagy görnüşli jaýlara we ýeke adamlyk tussag otaglaryna geçirilmeziniň öň ýanyndaky aýda gazanylan pul serişdeleriniň elli göterimine çenli bolan puly her aýda iýmit önümlerini we ilkinji zerur närseleri edinmek üçin harçlamaga;

2) tussag otagy görnüşli jaýda bolýan döwrüniň dowamynda bir ýollamany, banderoly ýa-da geçirilýän zady almaga;

3) dowamlylygy bir ýarym sagat bolan gündelik gezelenç etmekden peýdalanmaga;

4) zerur bolan lukmançylyk kömegini almaga;

5) edaranyň administrasiýasynyň rugsat bermegi bilen bir gysga wagtlaýyn duşuşygy almaga.

3. Tussag otagy görnüşli jaýlarda bolan döwürlerinde jezany çekmegiň bellenilen tertibiniň bozulmagyna ýol bermeýän iş kesilenlere düzediş edarasynyň başlygynyň karary boýunça gezelenç etmek wagty günde iki sagada çenli uzaldylyp bilner.

4. Jerime gabawhanasyna ýerleşdirilen, tussag otagy görnüşli jaýlara we ýeke adamlyk tussag otaglaryna geçirilen iş kesilenler beýleki iş kesilenlerden aýratynlykda işleýärler.

5. Iş kesilenleriň umumy we berk düzgünli düzediş edaralarynyň tussag otagy görnüşli jaýlardan we aýratyn düzgünli düzediş edaralarynyň ýeke adamlyk tussag otaglaryndan adaty ýaşaýyş jaýlaryna möhletinden öň geçirilmegine, lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda iş kesileniň saglyk ýagdaýy boýunça zerur bolan halatlardan başga ýagdaýlarda, ýol berilmeýär.

6. Iş kesilenleriň jerime gabawhanalaryndan, tussag otagy görnüşli jaýlardan we ýeke adamlyk tussag otaglaryndan bejeriş-düzediş edaralaryna geçirilen halatynda olaryň bu edaralarda bolan wagty temmini geçirýän möhletine goşulýar.

 

93-nji madda. Jerime we düzgün-nyzam gabawhanalarynda, jerime otaglarynda, tussag otagy görnüşli jaýlarda we ýeke adamlyk tussag otaglarynda saklanýan iş kesilenleriň lukmançylyk gözden geçirilişi

 

1. Iş kesilenleriň jerime we düzgün-nyzam gabawhanalaryna, jerime otagyna ýerleşdirilmegi ýa-da tussag otagy görnüşli jaýa we ýeke adamlyk tussag otagyna geçirilmegi olary ol ýerlerde saklamak mümkünçiligi barada lukmançylyk synany gözden geçirişinden soň geçirilýär.

2. Jerime we düzgün-nyzam gabawhanalaryna, jerime otaglarynda, tussag otagy görnüşli jaýlarda we ýeke adamlyk tussag otaglarynda saklanýan iş kesilenleri lukmançylyk işgäri gündelik soramaga barýar, ol düzediş edarasynyň başlygyna iş kesileniň fiziki ýa-da psihiki ýagdaýy sebäpli şol temmini ýerine ýetirmegi togtatmagyň zerurlygy hakynda gaýragoýmazdan ýazmaça habar bermäge borçludyr.

3. Iş kesilenleri jerime we düzgün-nyzam gabawhanalara, jerime otaglaryna ýerleşdirmek ýa-da tussag otagy görnüşli jaýa we ýeke adamlyk tussag otagyna geçirmek temmileriniň ýerine ýetirilmegi lukmançylyk görkezijileri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde togtadylyp bilner.

 

94-nji madda. Iş kesilenleriň düzelmek ölçegleri we derejesi

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesileniň düzelmek derejesi onuň jezany çekýän döwründe şahsyýetini hemmetaraplaýyn öwrenmek we özüni alyp barşyna baha bermek esasynda düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Iş kesileniň düzeliş derejesi kesgitlenende onuň azatlyk şertlerinde kanuna eýermek durmuş keşbini alyp barmaga bolan ymtylyşy we taýýarlygy göz öňünde tutulýar.

3. Kanuna eýermek taýdan özüni alyp barmak barada ýazmaça borç alan we hakykatdan hem düzelmäge ymtylýan, temmileri bolmadyk, zähmete we düzediş edaralaryny we olaryň daş-töwereginiň çäklerini arassalamak we abadanlaşdyrmak boýunça işlere yhlasly gatnaşýan iş kesilen düzelmek ýoluna düşen diýlip, ykrar edilip bilner.

4. Alty aýyň dowamynda, bu möhletiň jeza möhletiniň dörtden birinden geçýän halatynda bolsa, jeza möhletiň dörtden biriniň dowamynda, iş kesileniň özüni alyp barşy şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen şertlere laýyk gelse, şunda ol höwesjeň guramalaryň işine we beýleki jemgyýete peýdaly zähmete gatnaşmakda peýdaly başlangyçlaryny ýüze çykarýan bolsa, onda bu iş kesilen düzeliş ýoluna pugta düşen diýlip, ykrar edilip bilner.

5. Bellenilen jeza möhletiniň dörtden birinden az bolmadyk wagtyň dowamynda özüni alyp barşy şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen talaplara laýyk gelýän iş kesileni özüniň düzelendigini subut eden diýlip, ykrar edilip bilner.

6. Jeza çekmegiň bellenilen tertibini zandyýamanlyk bilen bozujy diýlip ykrar edilen iş kesilen babatda onuň özüni alyp barşy şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen şertlere laýyk gelýän möhleti iş kesileniň jeza çekmeginiň bellenilen tertibini zandyýamanlyk bilen bozujy diýlip ykrar edilmegini ýatyrmak hakyndaky karar çykandan soň alty aý geçen gününden başlap hasaplanýar.

7. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleriň düzeliş derejesini kesgitlemegiň ölçegleri Içerki tertip-düzgün kadalary bilen bellenilýär.

 

14-nji bap.

AZATLYKDAN MAHRUM ETMEK GÖRNÜŞINDÄKI JEZANY DÜRLI GÖRNÜŞLERDÄKI DÜZEDIŞ EDARALARYNDA

ÝERINE ÝETIRMEK

 

95-nji madda. Umumy düzgünli düzediş edaralarynda jeza çekmegiň şertleri

 

Umumy düzgünli düzediş edaralarynda jeza çekýän iş kesilenler adaty ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýarlar. Olara:

1) bir ýylyň dowamynda on iki gysga möhletli we sekiz uzak möhletli duşuşyga;

2) geçirilýän zatlary çäklendirmezden almaga;

3) ýollamalary, banderollary we hatlary olaryň sanyny çäklendirmezden almaga we ibermäge rugsat edilýär.

 

96-njy madda. Berk düzgünli düzediş edaralarynda jeza çekmegiň şertleri

 

Berk düzgünli düzediş edaralarynda jeza çekýän iş kesilenler adaty ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýarlar. Olara:

1) bir ýylyň dowamynda on gysga möhletli we alty uzak möhletli duşuşyga;

2) geçirilýän zatlary çäklendirmezden almaga;

3) ýollamalary, banderollary we hatlary olaryň sanyny çäklendirmezden almaga we ibermäge rugsat edilýär.

 

97-nji madda. Aýratyn düzgünli düzediş edaralarynda jeza çekmegiň şertleri

 

Aýratyn düzgünli düzediş edaralarynda jeza çekýän iş kesilenler tussag otagy görnüşli jaýlarda we adaty ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýarlar. Olara:

1) bir ýylyň dowamynda sekiz gysga möhletli we dört uzak möhletli duşuşyga;

2) geçirilýän zatlary çäklendirmezden almaga;

3) ýollamalary, banderollary we hatlary olaryň sanyny çäklendirmezden almaga we ibermäge rugsat edilýär.

 

98-nji madda. Seresapsyzlyk boýunça edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekilýän ýerler

 

1. Şol bir düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde iş kesilen erkek adamlar we aýallar saklanylyp bilner.

2. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde azatlykdan mahrum etmek jezasyny çekmek üçin ugradylan adamlara iş bilen we durmuş taýdan üpjün edilmegini ýola goýmakda jezany ýerine ýetirýän edaralara ýardam bermelidirler.

 

99-njy madda. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekmegiň şertleri

 

1. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde iş kesilenler:

1) administrasiýanyň gözegçiligi astynda goragsyz saklanylýarlar;

2) irden turulandan agşam ýatylýan wagta çenli döwürde düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň çäklerinde erkin hereket etmek hukugyndan peýdalanýarlar;

3) eger-de ýerine ýetirýän işiniň häsiýeti ýa-da okuw bilen baglanyşykly zerurlyk bolsa, administrasiýanyň rugsat bermegi bilen düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň çäginden daşarda, ýöne dolandyryş-çäk gurluşynyň çäklerinde gözegçiliksiz hereket edip bilerler;

4) raýatlaryň adaty durmuşynda kabul edilen egin-eşigi geýnip bilerler;

5) ýanynda pul we gymmat bahaly zatlary saklap bilerler;

6) puldan çäklendirmezden peýdalanyp bilerler;

7) sanyny çäklendirmezden banderollary we ýollamalary alyp we iberip, geçirilýän zatlary we duşuşyklary alyp bilerler;

8) kada bolşy ýaly, özleri üçin ýörite niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýarlar.

2. Düzgüniň, içerki tertip-düzgüniň talaplarynyň bozulmalaryna ýol bermeýän we maşgalasy bar bolan iş kesilenlere düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň başlygynyň karary boýunça düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň çäginde ýa-da onuň daşynda, umumy ýaşaýyş jaýyndan başga ýerde, ýöne dolandyryş-çäk gurluşynyň çäklerinde maşgalasy bilen ýaşamaga rugsat berlip bilner. Bu adamlar bir aýda dört gezege çenli bellige almak üçin düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerine gelmäge borçludyrlar. Bellige almagyň yzygiderliligi düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň başlygynyň karary bilen bellenilýär. Iş kesilenleriň ýaşaýan jaýlaryna islendik wagtda düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasynyň wekilleri baryp bilerler.

3. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän iş kesilenleriň şahsyýetini tassyklaýan bellenilen nusgadaky resminamasy bardyr. Iş kesilenleriň pasporty we başga şahsy resminamalary olaryň şahsy işlerinde saklanylýar.

4. Sanawy Içerki tertip-düzgün kadalary bilen bellenilen närseleri, önümleri we maddalary umumy ýaşaýyş jaýyna getirmek, peýdalanmak we saklamak iş kesilenlere gadagan edilýär. Iş kesilenlerden tapylan şeýle närselere, önümlere we maddalara çemeleşmegi şu Kodeksiň 53-nji maddasynyň bäşinji böleginde kesgitlenen tertipde amala aşyrylýar.

 

100-nji madda. Iş kesilenleriň düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinden gysga wagtlaýyn gitmekleriniň tertibi

 

1. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde saklanylýan iş kesilenlere onuň administrasiýasy tarapyndan şu Kodeksiň 69-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan tertipde soňra jeza çekýän ýerine özbaşdak dolanyp gelmek şerti bilen gysga möhletli ýakyn garyndaşlaryna baryp-gelmäge rugsat berlip bilner.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýagdaýda düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasy iş kesilene gitmeli ugry we gaýdyp gelmeli wagty görkezilen jeza çekilýän ýerden gitmek baradaky tabşyryknamany gowşurýar.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

101-nji madda. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jezanyň möhletini hasaplamak

 

1. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerindäki jezanyň möhleti iş kesileniň bu edarada hasaba goýlan pursadyndan hasaplanýar.

2. Jeza möhletine ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde iş kesileniň tussag astynda saklanylan we düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerine ýansaklawly eltilen wagty goşulýar.

3. Iş kesileniň iş ýa-da ýaşaýan ýerleri boýunça bir gije-gündizden artyk özbaşdak bolmadyk wagty jeza çekmegiň möhletine goşulmaýar.

 

102-nji madda. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekmegiň tertibi

 

1. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary jezany ýerine ýetirýän edaranyň teklip etmegi boýunça düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň çäginiň serhetlerini kesgitleýärler .

2. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän adamlar gözegçilik astynda bolýarlar we şulara borçludyrlar:

1) Içerki tertip-düzgün kadalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge;

2) düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasy tarapyndan kesgitlenen ýerde işlemäge;

3) düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň çäklerinde hemişe bolmaga, administrasiýanyň rugsady bolmazdan, onuň çägini taşlap gitmezlige;

4) kada bolşy ýaly, özleri üçin ýörite niýetlenilen umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaga we ony gijeki wagtda düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasynyň rugsady bolmazdan taşlap gitmezlige;

5) işden boş wagtlary düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň jaýlaryny we çägini abadanlaşdyrmak boýunça işlere hepdede iki sagatdan uzak bolmadyk dowamlylykda gatnaşmaga.

3. Öň azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çeken we bilkastlaýyn jenaýat üçin iş kesilenlik aýby aýrylmadyk adamlar ilkinji gezek seresapsyzlyk boýunça jenaýat edenligi üçin iş kesilenlerden aýratynlykda saklanýarlar.

4. Iş kesilenler, şeýle hem olaryň ýaşaýan jaýlary dökülmäge, iş kesilenleriň goşlary bolsa gözden geçirilmäge sezewar edilip bilner.

5. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän iş kesilenlere şol çäklerde ýerleşýän saglygy goraýyş edaralarynda lukmançylyk kömegi berilýär.

 

103-nji madda. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän adamlaryň zähmet şertleri

 

1. Iş kesilenleri işe ýerleşdirmek düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasy tarapyndan şol düzgünli edaranyň ýerleşýän ýeri boýunça dolandyryş-çäk gurluşynyň çäklerinde ýerleşen eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalarda, edaralarda, guramalarda amala aşyrylýar.

2. Iş kesilenleriň zähmeti işe kabul etmek, işden boşatmak, başga işe geçirmek kadalaryndan başgasynda, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda düzgünleşdirilýär.

3. Iş kesilenleri başga işe, şol sanda başga ýere geçirmek düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasy bilen ylalaşylyp we iş kesileniň pikirini hasaba almak bilen amala aşyrylýar.

4. Zerur bolan hünäri bolmadyk iş kesilenler üçin olaryň islegi boýunça düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň ýerleşýän ýerinde dolandyryş-çäk gurluşynyň çäklerinde başlangyç hünär bilimi ýa-da hünär taýýarlygy guralýar.

5. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasy şu aşakdaky ýagdaýlarda iş kesileni iş ýerinden yzyna çagyrmaga borçludyr:

1) ol boşadylanda;

2) adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýa-da harby ýagdaý girizilende;

3) iş kesilen jeza çekmegiň bellenilen tertibini bozanda;

4) iş beriji tarapyndan zähmet şertnamasy boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirilmese.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

104-nji madda. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerindäki administrasiýanyň borçlary

 

Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasy şu aşakdakylara borçludyr:

1) iş kesilenleriň hasabyny ýöretmäge;

2) iş kesilenlere jeza çekmegiň tertibini we şertlerini düşündirmäge;

3) iş kesilenleriň zähmete we durmuşa ugrukmagyny guramaga;

4) jeza çekmegiň tertibiniň we şertleriniň berjaý edilmegini üpjün etmäge;

5) jeza çekmegiň tertibiniň bozulmagyna gözegçiligi we öňüni alyş çärelerini amala aşyrmaga;

6) iş kesilenler bilen terbiýeçilik işini geçirmäge;

7) kanunda bellenilen höweslendiriş we temmi çärelerini ulanmaga;

8) iş kesilenleri boşadylmaga taýýarlamak boýunça işleri geçirmäge.

 

105-nji madda. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän iş kesilenleriň işleýän ýerlerindäki kärhananyň, guramanyň, edaranyň administrasiýasynyň borçlary

 

1. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän adamlaryň işleýän ýerindäki kärhananyň, guramanyň, edaranyň administrasiýasy olaryň saglyk ýagdaýlaryny we mümkin boldugyça, olarda bar bolan hünärleri nazara almak bilen, olaryň zähmete çekilmegini üpjün edýär, başlangyç hünär bilimini ýa-da hünär taýýarlygyny guraýar we zerur bolan ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge gatnaşýar.

2. Kärhananyň, edaranyň, guramanyň administrasiýasyna jeza çekýän adamlary düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasynyň razylygy bolmazdan, işden boşatmak gadagan edilýär.

 

106-njy madda. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän adamlar bilen terbiýeçilik işi

 

1. Jeza çekýän adamlar bilen düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasy, şeýle hem iş kesilenleriň işleýän kärhanasynyň, edarasynyň, guramasynyň administrasiýasy we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan terbiýeçilik işi geçirilýär.

2. Geçirilýän terbiýeçilik häsiýetli çärelere iş kesilenleriň işjeň gatnaşmaklary höweslendirilýär we düzeliş derejesi kesgitlenilende göz öňünde tutulýar.

 

107-nji madda. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän adamlara ulanylýan  höweslendiriş çäreleri

 

1. Özüni göreldeli alyp barýandygy we zähmete päk ýürekli gatnaşygy üçin düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasy tarapyndan iş kesilenlere şu Kodeksiň 86-njy maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji, 2-nji, 3-nji we 6-njy bentlerinde we üçinji böleginde göz öňünde tutulanlar bilen bilelikde ýakyn garyndaşlarynyňka gysga wagtlaýyn gitmek görnüşli höweslendiriş çäresi ulanylyp bilner.

2. Iş kesilenler kanunda bellenilen tertipde jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylmak ýa-da jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak ýa-da rehim etmek üçin hödürlenilip bilner.

 

108-nji madda. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän adamlara ulanylýan temmi çäreleri

 

1. Jeza çekmegiň tertibini bozýan iş kesilenlere düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasy tarapyndan şu temmi çäreleri ulanylyp bilner:

1) käýinç yglan etmek;

2) umumy ýaşaýyş jaýynyň daşynda ýaşamak hukugyny ýatyrmak;

3) işden boş wagtynda umumy ýaşaýyş jaýynyň çäklerinden çykmagy bir aýa çenli möhlete gadagan etmek.

2. Şu Kodeksiň 88-nji maddasynyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan temmi çäresi düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň başlygynyň we gözegçilik toparynyň bilelikdäki teklipnamasy esasynda bu edaranyň ýerleşýän ýeri boýunçakazyýet tarapyndan ulanylyp bilner.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

109-njy madda. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän adamlara höweslendiriş we temmi çärelerini ulanmagyň tertibi

 

1. Höweslendiriş çäreleri dilden ulanylýar, temmi çäreleri bolsa ýazmaça berilýär.

2. Temmi çäresi ulanylanda düzgün bozulmanyň amala aşyrylyş ýagdaýlary, iş kesileniň şahsyýeti we onuň düzgün bozan wagtyna çenli özüni alyp barşy göz öňünde tutulýar. Berilýän temmi çäresi iş kesileniň amala aşyran düzgün bozmasynyň häsiýetine we agyrlygyna laýyk gelmelidir. Temmi çäresi düzgün bozulmanyň ýüze çykarylan gününden beýläk on gije-gündizden gijä goýman, eger-de düzgün bozulmasy bilen baglanyşykly barlag geçirilen bolsa onuň tamamlanan gününden, ýöne düzgün bozulmanyň amala aşyrylan gününden beýläk bir aýdan gijä goýulman berilýär. Temmi çäresi, kada bolşy ýaly, haýal etmezden, aýratyn ýagdaýlarda bolsa – onuň berlen gününden beýläk bir aýdan gijä goýulman ýerine ýetirilýär.

3. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän iş kesilenler babatda höweslendiriş we temmi çärelerini ulanmak hukugyndan düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň başlygy ýa-da onuň ornuny tutýan adam doly möçberde peýdalanýar, muňa şu Kodeksiň 88-nji maddasynyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan halatlar girmeýär. Otrýadyň başlygy iş kesilene minnetdarlyk yglan etmek hukugyna eýedir.

4. Öň berlen temmini möhletinden öň aýyrmak ony beren wezipeli adam, şeýle hem ýokarda durýan wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № ___, ____-nji madda)

 

110-njy madda. Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekmekden boýun gaçyrmak

 

Düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekmekden boýun gaçyrmak diýlip şu aşakdakylar hasap edilýär:

1) iş kesileniň özbaşdak, esasly sebäbi bolmazdan düzediş edarasyna mejbury göçürilip eltilen ýeriniň çägini taşlap gitmegi;

2) jeza çekilýän ýere dolanyp gelmezligi ýa-da öz wagtynda dolanyp gelmezligi;

3) iş ýerini ýa-da ýaşaýan ýerini taşlap gitmegi.

 

111-nji madda. Iş kesilenlere gözegçilik we düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekmegiň tertibiniň bozulmalarynyň öňüni alyş çäreleri

 

1. Iş kesilenlere gözegçiligi düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerleriniň administrasiýasy tarapyndan amala aşyrylýar we iş kesilenlere ýaşaýan we işleýän ýerlerinde, şeýle hem işden boş wagtlarynda synlamak arkaly üpjün edilýär. Gözegçiligi amala aşyrmagyň tertibi Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kesgitlenilýär.

2. Jemgyýetçilik tertibiniň bozulmalarynyň öňüni almak, materiallara dogry we öz wagtynda garalmagyny üpjün etmek, şeýle hem iş kesileni serhoşlukdan açmak ýa-da ony degişli lukmançylyk edarasyna ugratmak maksady bilen düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekýän iş kesilen Türkmenistanyň administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde içeri işler edarasy tarapyndan tutulyp saklanyp bilner we bu barada prokurora habar berilýär.

3. Iş kesilen düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde jeza çekmekden boýun gaçyran halatynda içeri işler edarasy ony tutup saklanyndan soň ýansaklawly jeza çekýän ýerine ugradýar.

 

112-nji madda. Türmelerdäki düzgünleriň görnüşleri

 

1. Türmelerde düzgüniň iki görnüşi bellenilýär: umumy we berk düzgün.

2. Türmeleriň umumy düzgüninde ilkinji gezek türme tussaglygynda jeza çekmäge iş kesilenler, şeýle hem türmäniň berk düzgüninden geçirilen iş kesilenler saklanylýar.

3. Türmeleriň berk düzgüninde öň türmede jeza çeken adamlar; azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jenaýat edenligi üçin türmede jeza çekmäge iş kesilen adamlar; temmi beriş çäresi hökmünde bellenen tertipde berk düzgüne geçirilenler, şu Kodeksiň 49-njy maddasynyň dördünji böleginde bellenilen tertipde geçirilen adamlar saklanylýar.

Türmeleriň berk düzgüninde saklamagyň möhleti iki aýdan alty aýa çenli çäklerde bellenilýär.

4. Türmeleriň berk düzgüninde iş kesilen 62 ýaşa ýeten erkek adamlar, 57 ýaşa ýeten aýallar, I we II topar maýyplar saklanylyp bilinmez.

5. Türmeleriň berk düzgüninde saklanýan iş kesilenler jezanyň azyndan üçden iki bölegini çekenlerinden soň türmeleriň umumy düzgünine geçirilip bilner. Iş kesileniň görkezilen möhletden öň geçirilmegine lukmançylyk netijenamasyna laýyklykda onuň saglyk ýagdaýy boýunça ýol berilýär.

6. Zandyýamanlyk bilen düzgün bozujylar hökmünde ykrar edilen türmäniň umumy düzgüninde saklanylýan iş kesilenler türmäniň berk düzgünine geçirilýär. Türmäniň umumy düzgünine gaýtadan geçirmek şu maddanyň bäşinji böleginde kesgitlenen tertipde amala aşyrylyp bilner.

 

113-nji madda. Türmelerdäki düzgüniň görnüşini bellemegiň we üýtgetmegiň tertibi

 

1. Türmelerde düzgüniň görnüşini bellemek, şeýle hem ony üýtgetmek düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki gözegçilik topary bilen ylalaşylyp türmäniň başlygynyň karary bilen geçirilýär.

2. Kararda düzgüniň görnüşini bellemek ýa-da üýtgetmek hakynda türmäniň başlygynyň kabul eden çözgüdiniň esaslary görkezilýär. Iş kesilene berk düzgün bellenilen halatynda kararda şol düzgünde saklamagyň möhleti görkezilýär.

 

114-nji madda. Türmelerde jezany çekmegiň şertleri

 

1. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler türmede gulplanylýan umumy tussag otaglarynda saklanylýar. Gijelerine synlamagyň tehniki serişdeleri arkaly hemişelik gözegçilik amala aşyrylýar we bu barada iş kesilenler habarly edilýär.

2. Umumy we berk düzgünlilerinde saklanylýan iş kesilenler şu Kodeksiň 51-nji maddasynda bellenilen iş kesilenleri aýratynlykda saklamak ýörelgesini berjaý etmek bilen aýratynlykda saklanylýarlar we diňe türmäniň çäginde zähmete çekilýärler.

3. Şeýle hem şu Kodeksiň 47-nji maddasynda bellenilen tertipde hojalyk hyzmatlary boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin türmä ugradylan iş kesilenler; bir düzediş edarasyndan başga birine geçirilýän iş kesilenler; başga adam tarapyndan edilen jenaýat boýunça derňew hereketleri geçirilende ýa-da kazyýetde işe seretmek bilen baglylykda türmede wagtlaýyn saklanýan iş kesilenler beýleki iş kesilenlerden üzňelikde we aýratynlykda saklanylýarlar.

4. Türmeleriň umumy düzgüninde iş kesilenler şu aşakdakylara haklydyrlar:

1) ýylyň dowamynda alty gysga möhletli duşuşyga;

2) ýylyň dowamynda alty geçirilýän zatlary ýa-da ýollamany almaga;

3) aýda bir hat ibermäge;

4) dowamlylygy bir ýarym sagat bolan gündelik gezelenç etmekden peýdalanmaga.

5. Türmeleriň berk düzgüninde iş kesilenler şu aşakdakylara haklydyrlar:

1) ýylyň dowamynda dört gysga möhletli duşuşyga;

2) ýylyň dowamynda dört geçirilýän zatlary ýa-da ýollamany almaga;

3) iki aýda bir hat ibermäge;

4) dowamlylygy bir sagat bolan gündelik gezelenç etmekden peýdalanmaga.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

115-nji madda. Türmelerde jeza çekýän iş kesilenlere ulanylýan höweslendiriş çäreleri

 

1. Özüni göreldeli alyp barýandygy we zähmete päk ýürekli gatnaşygy üçin türmäniň administrasiýasy tarapyndan iş kesilenlere şu Kodeksiň 86-njy maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji, 4-6-njy bentlerinde göz öňünde tutulan höweslendiriş çäreleri ulanylyp bilner.

2. Oňat häsiýetlendirilýän iş kesilenlere şu Kodeksiň 86-njy maddasynyň ikinji böleginiň 9-njy bendinde göz öňünde tutulan çäreler hem ulanylyp bilner.

 

116-njy madda. Türmelerde jeza çekýän iş kesilenlere temmi çäreleriniň ulanylyşy

 

1. Türmelerde jeza çekmegiň bellenilen tertibiniň bozulanlygy üçin türmäniň başlygynyň karary bilen şu Kodeksiň 88-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan temmi çäreleri ulanylyp bilner. Türmelerde temmi çäresi hökmünde iş kesilenleri saklamagyň umumy düzgüninden berk düzgünine geçirmek ulanylyp bilner.

2. Jerime otaglaryna ýerleşdirmek görnüşindäki temmi çäresi iş kesileniň saglygynyň lukmançylyk görkezijilerini hasaba almak bilen şu Kodeksiň 90-njy maddasynyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan tertipde ulanylyp bilner.

 

117-nji madda. Jerime otaglarynda saklamagyň şertleri

 

1. Iş kesilenler jerime otaglarynda şu aşakdakylara haklydyrlar:

1) bir sagat dowamlylykdaky gündelik gezelenç etmekden peýdalanmaga;

2) zerur lukmançylyk kömegini almaga.

2. Jerime otaglaryna ýerleşdirmek görnüşinde temmi çäresi ulanylan iş kesilen babatda lukmançylyk taýdan synany gözden geçirişi geçirmek şu Kodeksiň 93-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde geçirilýär.

 

118-nji madda. Hojalyk hyzmatlary boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin türmä ugradylan iş kesilenleri saklamagyň düzgüni

 

1. Hojalyk hyzmatlary boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin şu Kodeksiň 47-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda türmä ugradylan iş kesilenler beýleki iş kesilenlerden üzňelikde, şeýle hem erkek adamlaryň aýallardan üzňeligini üpjün etmek bilen türmäniň gulplanylmaýan aýratyn jaýlarynda ýaşaýarlar.

2. Türmede hojalyk hyzmatlary boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin ugradylan iş kesilenler özlerine kazyýetiň hökümi bilen bellenen degişli görnüşdäki düzgünli düzediş edaralarynda saklanylýan iş kesilenleriňki ýaly hukuklardan peýdalanýarlar.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

119-njy madda. Türmede wagtlaýyn galdyrylan ýa-da oňa geçirilen iş kesilenleri saklamagyň düzgüni

 

Başga adam tarapyndan edilen jenaýat baradaky derňew hereketleriniň geçirilmegi ýa-da kazyýet seljermesine gatnaşmak üçin türmede wagtlaýyn galdyrylan, şeýle hem şu Kodeksde kesgitlenen tertipde oňa geçirilen iş kesilenler özlerine kazyýetiň hökümi bilen bellenen degişli görnüşdäki düzgünli düzediş edaralarynda saklanýan iş kesilenleriňki ýaly hukuklardan peýdalanýarlar. Olar dowamlylygy iki sagat bolan gündelik gezelenç etmekden peýdalanýarlar.

 

IV bölüm.

KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIK IŞ KESILENLER BABATDA JEZALARY ÝERINE ÝETIRMEK WE OLARA TERBIÝEÇILIK TÄSIRLI MEJBURY ÇÄRELERI ULANMAK

 

15-nji bap.

AZATLYKDAN MAHRUM ETMEK GÖRNÜŞINDÄKI JEZANY TERBIÝELEÝIŞ EDARALARYNDA ÇEKMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

 

120-nji madda. Terbiýeleýiş edaralary

 

1. Azatlykdan mahrum edilen kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler terbiýeleýiş edaralarynda jeza çekýärler. On sekiz ýaşyna ýetmedik adamlar babatda düzediş çäreleriniň ulanylmagy, ilkinji nobatda, durmuş-syýasy we raýat hukuklarynyň dikeldilmegine (reabilitasiýa), jemgyýete gaýdyp gelmegine we maşgalasy bilen birikmegine (reintegrasiýa) gönükdirilendir.

2. Terbiýeleýiş edaralarynda kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere ideg, gorag we zerur şahsy kömek: sosial, psihologik, lukmançylyk, fiziki kömek, şeýle hem olaryň ýaşyna, jynsyna we şahsyýetine, şeýle hem olaryň talaba laýyk ösmeginiň bähbitlerine görä zerur bolup biljek bilim we hünär taýýarlygyny almakdaky kömegi üpjün edilýär.

3. On sekiz ýaşyna ýetmedik we düzediş çäreleriniň ulanylmagyna degişli adamlara barlagyň we gözegçiligiň amala aşyrylmagyna jogapkär pudaklaýyn dolandyryş edaralary we edaralar kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere ýardam etmek maksady bilen olaryň amaly we psihososial goldawy hem goşmak bilen, zerur kömegiň ähli görnüşlerinden peýdalanyp bilmeklerini üpjün etmek üçin çäre görýärler.

 

121-nji madda. Terbiýeleýiş edaralarynda jeza çekmegiň şertleri

 

1. Terbiýeleýiş edaralarynda azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekýän kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýarlar.

2. Ýaşaýyş şertleri, kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleriň esasy zerurlyklaryna laýyklykda, ýagtylandyryşyň, ýyladyşyň, ýelejireşdirişiň we sanitariýanyň degişli standartlaryna laýyk gelmelidir.

3. Terbiýeleýiş edaralarynda kämillik ýaşyna ýetmediklere şahsy durmuşynyň goraglylygy üpjün edilýär.

4. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler raýat nusgaly öz hususy egin-eşiklerini geýmäge hukuklydyrlar. Möwsüme laýyk gelýän egin-eşikleriň, aýakgaplaryň we olary edinmek üçin serişdeleriň bolmadyk ýagdaýynda, kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilen döwletiň hasabyna adamyň mertebesini masgaralaýjy we peseldiji häsiýetde bolmadyk degişli egin-eşik we aýakgap bilen üpjün edilýär.

5. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere Içerki tertip-düzgün kadalarynda gadagan edilmedik şahsy goşlaryny öz ýanynda saklamaga rugsat edilýär.

6. Terbiýeleýiş edaralary gündelik fiziki maşklary ýerine ýetirmek mümkinçiligini üpjün edýän zerur meýdançalar we enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bolmalydyr. Howa şertlerini göz öňünde tutmak bilen, fiziki maşklar açyk howada geçirilýär.

7. Gerek bolan zerur şertleri döretmek we üpjün etmek bilen, terbiýeleýiş edarasynyň administrasiýasy kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere olaryň ýakyn garyndaşlary, hossarlary we howandarlary bilen, şeýle hem olaryň ornuny tutýan adamlar bilen gatnaşyk saklamagyny höweslendirýär we oňa ýardam berýär.

Şu maksatlar bilen kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilene aşakda sanalyp geçilýän hukuklar berilýär:

1) geleninden beýläk 24 sagadyň dowamynda öz ýakyn garyndaşlaryna, hossarlaryna we howandarlaryna, şeýle hem olaryň ornuny tutýan adamlara telefonda jaň etmäge;

2) bir ýylyň dowamynda azyndan on iki gysga möhletli we on iki uzak möhletli duşuşyga;

3) ýakyn garyndaşlary, hossarlary we howandarlary bilen, şeýle hem olaryň ornuny tutýan adamlar bilen sanyny çäklendirmezden telefonda gepleşmäge;

4) sanyny çäklendirmezden ýollamalary, banderollary we hatlary almaga we ibermäge, şeýle hem geçirilýän zatlary almaga.

8. Terbiýeleýiş edarasy tarapyndan telefonda jaň etmegiň we hatlary ibermegiň bahasyny tölemäge ýeterlik serişdeleri bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere öz ýakyn garyndaşlary, hossarlary we howandarlary bilen, şeýle hem olaryň ornuny tutýan adamlar bilen yzygiderli gatnaşyk saklamagyny amala aşyrmagy üçin goldaw berilýär.

9. Terbiýeleýiş edarasynyň administrasiýasy, mümkin bolşuna görä, kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleriň telefon gepleşikleriniň we duşuşyklarynyň çaganyň şahsy durmuşyna hormat goýmak ýagdaýynda amala aşyrylmagyny üpjün edýär.

10. Mümkin bolşuna görä, kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere ýakyn garyndaşlary, hossarlary we howandarlary bilen, şeýle hem olaryň ornuny tutýan adamlar bilen edaranyň çäginden daşarda duşuşmaga rugsat berilýär.

11. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilene zyýanly täsir ýetirýändigini görkezýän ýagdaýlar anyklanan halatynda, anyk bir adamlar bilen duşuşmaklary edaranyň başlygy tarapyndan çäklendirilip bilner. Bu çözgüt Içerki tertip-düzgün kadalaryna laýyklykda kabul edilýär, oňa wagtal-wagtal gaýtadan seredilýär we kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilen tarapyndan garşy çykylyp bilner.

12. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň maşgalasy bilen gatnaşykda bolmak hukugynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, duşuşyga gelmäge mümkinçiligi bolmadyk onuň ýakyn garyndaşlaryna, hossarlaryna we howandarlaryna, şeýle hem olaryň ornuny tutýan adamlara Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna düzediş edarasy tarapyndan maliýe goldawy berlip bilner. Bu kömegi bermegiň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

 

122-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere ulanylýan höweslendiriş çäreleri

 

Özüni göreldeli alyp barýandygy, okuwa we zähmete päk ýürekli gatnaşýandygy, höwesjeňlik guramalarynyň işine we terbiýeçilik çärelerine işjeň gatnaşýandygy üçin iş kesilenlere, şu Kodeksiň 86-njy maddasynyň ikinji böleginiň 1-3-nji we 6-njy bentlerinde göz öňünde tutulanlar bilen birlikde, şu höweslendiriş çäreleri ulanylyp bilner:

1) edaranyň işgärleriniň ugratmagynda, terbiýeleýiş edarasynyň çäginden daşardaky medeni-tomaşa we sport çärelerine tomaşa etmage gatnaşmaga hukuk bermek;

2) ýakyn garyndaşlarynyň, hossarlarynyň we howandarlarynyň, şeýle hem olaryň ornuny tutýan adamlaryň ugratmagynda edaranyň çäginden çykmaga hukuk bermek.

 

123-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmediklere höweslendiriş çärelerini ulanmagyň aýratynlyklary

 

1. Gijeki wagtda geçirilýän medeni-tomaşa, sport we beýleki çärelere höweslendiriş tertibinde tomaşa etmäge barmaga ýol berilmeýär.

2. Terbiýeleýiş edarasynyň daşyna çykmagyň dowamlylygy edaranyň başlygy tarapyndan bellenilýär, ýöne ol gije-gündizde sekiz sagatdan artyk bolup bilmez.

 

124-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmediklere ulanylýan temmi çäreleri

 

1. Jeza çekmegiň bellenilen tertibiniň bozulandygy üçin kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere şu Kodeksiň 88-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde göz öňünde tutulanlar bilen birlikde, şu temmi çäreleri ulanylyp bilner:

1) ýedi güne çenli möhlete kinofilmlere tomaşa etmek hukugyndan kesmek;

2) aýratyn ýagdaýlarda, şu Kodeksiň 88-nji maddasynyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan tertipde, jeza çekmegiň düzgüniniň zandyýamanlyk bilen bozulan halatynda okuwa çykarmak bilen düzgün-nyzam gabawhanasyna ýerleşdirmek.

2. Iş kesileniň, höweslendiriş çäresi tertibinde, düzgün-nyzam gabawhanasyndan möhletinden öň boşadylmagyna şu temmi çäresini beren adam tarapyndan, şeýle hem lukmançylyk görkezijileri boýunça ýa-da terbiýeçilik maksadalaýyklygy göz öňünde tutulyp rugsat edilýär.

 

125-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere temmi çärelerini ulanmagyň tertibi

 

1. Terbiýeleýiş edarasynda temmi çäresiniň ulanylmagy şu Kodeksiň 90-njy maddasynda bellenilen tertipde geçirilýär.

2. Terbiýeleýiş edaralarynda kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere gynamalar, rehimsizlikler, adamkärçiliksiz we kemsidiji gatnaşyklar bilen baglanyşykly temmi çäreleriniň ulanylmagy gadagan edilýär.

3. Şulary goşmak bilen, terbiýeleýiş edaralarynda kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler fiziki ýa-da psihiki taýdan saglyga zeper ýetirmegi mümkin temmi çärelerine sezewar edilip bilinmez:

1) iýmitden mahrum edilip ýa-da onuň gündelik möçberi kemeldilip;

2) maşgalasy bilen duşuşyklaryndan ýa-da gatnaşyklaryndan mahrum edilip ýa-da olaryň sany kemeldilip bilinmez.

4. Terbiýeleýiş edaralarynda kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilene temmi beriş çäresi hökmünde zähmet ulanylyp bilinmez.

5. Düzgün-nyzam gabawhanasyna ýerleşdirmek görnüşinde temmi çäresi ulanylan kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilen babatda hökmany lukmançylyk taýdan synany gözden geçirmek şu Kodeksiň 93-nji maddasynda bellenilen tertipde geçirilýär.

6. Düzgün-nyzam gabawhanasyna ýerleşdirilen kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere stoluň üstünde oýnalýan oýunlardan peýdalanmak gadagan edilýär. Olaryň dowamlylygy iki sagat bolan gündelik gezelenç etmekden peýdalanmaga hukugy bardyr.

7. Düzgün-nyzam gabawhanasyna ýerleşdirilen kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere düzgün-nyzam gabawhanasyndan boşanyndan azyndan alty aý geçenden soň bu temmi çäresi gaýtadan ulanylyp bilner.

 

126-njy madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere höweslendiriş we temmi çärelerini ulanýan wezipeli adamlar

 

1. Höweslendiriş we temmi çärelerini doly möçberde ulanmak hukugyndan terbiýeleýiş edarasynyň başlygy ýa-da onuň ornuny tutýan adam peýdalanýar.

2. Otrýadlaryň başlyklary (uly terbiýeçiler) we bölümleriň terbiýeçileri şu höweslendiriş çärelerini ulanmaga hukuklydyr:

1) minnetdarlyk yglan etmäge;

2) otrýadyň başlygy tarapyndan öň berlen temmini möhletinden öň aýyrmaga.

3. Otrýadlaryň başlyklarynyň şu temmi çärelerini ulanmaga hukugy bardyr:

1) käýinç bermäge;

2) üç günüň dowamynda kinofilmleri görmäge bolan hukugyndan mahrum etmäge.

 

127-nji madda. Kämillik ýaşyna ýeten iş kesilenleriň terbiýeleýiş edaralarynda galdyrylmagy

 

1. On sekiz ýaşyna ýeten iş kesilenler, kada bolşy ýaly, jeza möhletiniň tamamlanmagyna çenli, ýöne olar ýigrimi bir ýaşyna ýetýänçä, terbiýeleýiş edarasynda galýarlar. On sekiz ýaşyna ýeten iş kesilenleriň terbiýeleýiş edarasynda galdyrylmagy onuň ýerleşýän ýerindäki kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar bilen ylalaşylan we prokuror tarapyndan sanksiýa berlen bu edaranyň başlygynyň delillendirilen karary boýunça amala aşyrylýar.

2. On sekiz ýaşyna ýeten we terbiýeleýiş edarasynda galdyrylan iş kesilenlere kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler üçin bellenen jeza çekmegiň, iýmit ölçegleriniň we maddy-durmuş üpjünçiliginiň şertleri degişli edilýär. On sekiz ýaşyna ýeten adamlaryň zähmet şertleri Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

3. Ýigrimi bir ýaşyna ýeten iş kesilenleriň terbiýeleýiş edarasynda bolmagynyň möhleti, aýratyn ýagdaýlarda onuň ýerleşýän ýeri boýunça kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar bilen ylalaşylan we prokuror tarapyndan sanksiýa berlen bu edaranyň başlygynyň delillendirilen karary boýunça her gezek bir ýyla çenli uzaldylyp bilner.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

128-nji madda. Iş kesilenleriň terbiýeleýiş edaralaryndan düzgünli düzediş edaralaryna geçirilmegi

 

1. Ýaramaz häsiýetlendirilýän on sekiz ýaşyna ýeten iş kesilenler mundan beýläk jezany çekmek üçin terbiýeleýiş edarasyndan umumy düzgünli düzediş edarasyna geçirilýär.

2. On sekiz ýaşyna ýeten iş kesileni düzgünli düzediş edarasyna geçirmek hakynda çözgüt Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýet tarapyndan kabul edilýär.

3. Şu Kodeksiň 127-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilenlerden başga, ýigrimi bir ýaşyna ýeten ähli iş kesilenler terbiýeleýiş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki kazyýetiň kesgitnamasy boýunça mundan beýläk jeza çekmek üçin terbiýeleýiş edarasyndan düzgünli düzediş edarasyna geçirilýär.

 

129-njy madda. Terbiýeleýiş edaralarynda okuw-terbiýeçilik işiniň guralyşy

 

1. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleri düzetmek we olary özbaşdak durmuşa taýýarlamak maksady bilen, kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlerde kanuna eýermek taýdan özüňi alyp barmaga, zähmete we okuwa päk ýürekli garaýşy kemala getirmäge, olaryň hökmany umumy orta, başlangyç hünär bilimini, hünär taýýarlygyny almagyna, bilim we medeni derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bir bitewi okuw-terbiýeçilik işi guralýar.

2. Terbiýeçilik işi her bir kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen we azatlyga çykanynda onuň durmuşa üstünlikli uýgunlaşmagyna gönükdirilip alnyp barylýar.

3. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleriň umumy bilim berýän we hünär okuwy bilim edaralarynyň we okuw-önümçilik (zähmet) ussahanasynyň, şeýle hem terbiýeleýiş edarasynyň kärhanasynyň binýadynda amala aşyrylýar.

4. Sowatsyz kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler we okuwda kynçylyk çekýän kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler üçin ýörite bilim maksatnamalary üpjün edilýär.

5. Bilim beriş maksatnamalary we hünär okuw maksatnamalary kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň jemgyýete dolanyp barmagyny goldamaga we ony geljekki zähmete taýýarlamaga gönükdirilen endikleri edinmegine ýardam etmelidir. Mümkinçilige görä, her bir kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilen öz bähbidi boýunça maksatnama saýlap biler.

6. Terbiýeleýiş edarasy kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilene edaranyň çäginden daşynda bilim almagyna we hünär öwrenmegine bolan mümkinçilikleriň amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

7. Bilim hakynda berlen diplomlarda ýa-da güwänamalarda kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň bu bilimi terbiýeleýiş edarasynda alandygy görkezilmeli däldir.

 

130-njy madda. Döwlet we beýleki edaralaryň terbiýeleýiş edarasynyň işine gatnaşmaklary

 

1. Terbiýeleýiş edarasynyň administrasiýasyna edaranyň okuw-terbiýeçilik işini guramakda we edaranyň maddy-tehniki binýadyny berkitmekde, kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleriň durmuş goraglylygynyň meselelerini, jeza çekmekden boşaýanlaryň zähmete we durmuşa ugrukmak meselelerini çözmekde ýardam etmek üçin terbiýeleýiş edarasynyň ýanynda döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň wekillerinden ybarat bolan hossarlar geňeşi döredilýär. Hossarlar geňeşiniň guralyşy we işi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kadalaşdyrylýar.

2. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere terbiýeçilik täsiriniň netijeliligini ýokarlandyrmak we terbiýeleýiş edarasynyň administrasiýasyna kömek etmek maksady bilen terbiýeleýiş edarasynyň otrýadlarynyň ýanynda kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleriň ata-eneleriniň we beýleki ýakyn garyndaşlarynyň, hossarlarynyň we howandarlarynyň, şeýle hem olaryň ornuny tutýan adamlaryň gatnaşmagynda ata-eneler komitetleri döredilip bilner. Ata-eneler komitetleriniň işi terbiýeleýiş edarasynyň başlygy tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kadalaşdyrylýar.

3. Jemgyýetçilik birleşikleri terbiýeleýiş edarasynyň işine Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz Tertipnamalaryna garşy gelmeýän başga görnüşlerde hem gatnaşyp bilerler.

4. Terbiýeleýiş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar şu Kodeksde we Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparlar hakyndaky düzgünnamada göz öňünde tutulan tertipde terbiýeleýiş edaralarynda azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleri düzetmäge, şeýle hem ol edaralaryň işine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmaga gatnaşýarlar.

5. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar düzediş çäreleri ulanylýan on sekiz ýaşyna ýetmedik adamlar üçin, şeýle hem azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşan kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda ýerli derejedäki hyzmatlaryň we maksatnamalaryň goldawynyň utgaşdyryjysy we başyny başlaýjy bolup durýar.

 

131-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleriň terbiýeleýiş edarasyndan boşadylmaga taýýarlanylmagy we boşandan soň olara goldaw berilmegi

 

1. Terbiýeleýiş edaralary kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileni boşaýan senesine azyndan alty aý galmazyndan öň boşadylmaga taýýarlamaga başlaýar. Bu çärelere şular girýär:

1) kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilene boşadylmaga taýýarlanmak üçin oňa terbiýeçilik we psihososial taýdan goldawy üpjün etmek;

2) kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň maşgalasyna ýa-da onuň öz garamagyna görä başga adamlara onuň boşajakdygy barada habar bermek;

3) kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilene ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň ugratmagynda gysga wagtlyk öýüne gidip-gelmäge rugsat bermek;

4) boşadylandan soň düzgün bozýanlara gözegçilik etmäge jogapkär edaralar we guramalar, hususan-da, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar bilen reintegrasiýa meýilnamasyny işläp düzmek boýunça özara hyzmatdaşlyk etmek;

5) reintegrasiýa meýilnamasyna kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilen tarapyndan doly düşünilmegini üpjün etmek;

6) boşanlaryndan soň, goldawdan we ýardamdan peýdalanmagyň ugry barada kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere maglumat bermek.

2. Terbiýeleýiş edarasynyň administrasiýasy reintegrasiýa taýýarlamak işine ýardam etmek üçin reabilitasiýa we reintegrasiýa boýunça ýörite bölüm döredýär.

3. Terbiýeleýiş edarasynyň administrasiýasy iş kesileniň dolanyp barmaly ýerindäki kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar we içeri işler edarasy bilen aragatnaşygy ýola goýýar. Bu edaralar şulary öz içine almak bilen, iş kesileniň boşamaga taýýarlygyny amala aşyrýarlar:

1) kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň boşadylmagyny we reintegrasiýasyny meýilleşdirmek maksady bilen terbiýeleýiş edarasynyň administrasiýasy bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýarlar;

2) kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleriň dolanyp barmaly maşgalalaryna psihososial goldaw bermek, olary kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleriň boşamagyna taýýarlamak maksady bilen içeri işler edarasy bilen hyzmatdaşlyk edýärler;

3) kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň öýüne dolanyp barmaga mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, onuň ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça alternatiw çäreleri görýärler;

4) zerurlygyna we islegine baglylykda kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň bilim almagyny, hünär öwrenmegini ýa-da işe ýerleşdirilmegini guramak boýunça çäreleri amala aşyrmak, munuň özi terbiýeleýiş edarasynyň administrasiýasy bilen maslahatlar arkaly kesgitlenilýär.

4. Terbiýeleýiş edarasy we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar reintegrasiýa meýilnamasy işlenip düzülende we amala aşyrylanda kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň islegini nazara alýarlar.

5. Kämillik ýaşyna ýetmedik terbiýeleýiş edarasyndan boşanyndan soň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar we içeri işler edarasy tarapyndan özüniň reintegrasiýasynyň şowly bolmagyna ýardam berilmegi üçin olaryň amaly we psihososial taýdan goldawdan peýdalanmaga hukugy bardyr.

6. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar reintegrasiýa işine ýardam etmek maksady bilen, kämillik ýaşyna ýetmedige we onuň maşgalasyna azyndan alty aýlap goldaw bermek hyzmatlarynyň üpjün edilmegini utgaşdyrýar.

 

16-njy bap.

KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIK IŞ KESILENLER BABATDA TERBIÝEÇILIK TÄSIRLI MEJBURY ÇÄRELERI ULANMAK

 

132-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenlere terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ulanmak

 

1. Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty ilkinji gezek amala aşyran kämillik ýaşyna ýetmedik Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan tertipde terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ulanmak ýoly bilen jezadan boşadylyp bilner.

2. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilene bir wagtyň özünde birnäçe terbiýeçilik täsirli mejbury çäreler bellenilip bilner.

 

133-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler babatda terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleriň ulanylmagyna gözegçiligi amala aşyrýan edaralar

 

1. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenler tarapyndan terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleriň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek olaryň ýaşaýan ýerindäki kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparyň gatnaşmagynda içeri işler edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Içeri işler edaralary terbiýeçilik täsirli mejbury çäreler ulanylýan kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleri hasaba almagy alyp barýarlar, olara agzalan çäreleriň ýerine ýetiriliş tertibini we şertlerini düşündirýärler, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparyň gatnaşmagynda olaryň üstüne ýüklenen, şol sanda terbiýeçilik täsirli degişli mejbury çäreleriň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly borçnamalary ýerine ýetirişlerine gözegçilik edýärler, höweslendiriş we temmi çärelerini ulanýarlar.

 

134-nji madda. Terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ýerine ýetirmegiň tertibi

 

1. Içeri işler edarasy hökümiň ýa-da beýleki kazyýet çözgüdiniň göçürme nusgasy bilen kazyýetiň degişli buýrugynyň gelip gowşan gününden on günüň dowamynda kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileni terbiýeçilik täsirli mejbury çäräni ýerine ýetirmek maksady bilen hasaba almak üçin çagyrýar.

2. Terbiýeçilik täsirli mejbury çäresi ýerine ýetirilýän döwrüniň dowamynda kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileni synlamak amala aşyrylýar we şonuň bilen baglanyşykly onuň üstüne Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan borçlar ýüklenilýär.

3. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilene ýetirilen zyýany düzetmek borjy ýüklenende içeri işler edarasy onuň islegi boýunça ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagynyň tertibini (öz zähmeti ýa-da serişdeleri bilen), şonuň ýaly-da jebir çekenden ötünç soramagynyň görnüşini we möhletini kesgitleýär.

4. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň boş wagtyny çäklendirmek görnüşinde terbiýeçilik täsirli mejbury çäresi kazyýet tarapyndan bellenilen möhletiň dowamynda gadagan etmeleri: belli bir ýerlere barmagy, boş wagtyny geçirmeginiň belli bir görnüşlerini ulanmagy, gije-gündiziň belli bir wagtyndan soň öýünden daşarda bolmagynyň çäklendirilmegi, şeýle hem kazyýet tarapyndan bellenilen beýleki borçlar we gadagan etmeleri berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň ýaşaýan ýerindäki içeri işler edarasy onuň işden we okuwdan boş wagtynda özüni alyp barşyna we onuň üçin bellenilen gadagan etmeleri berjaý edişine gözegçilik edilmegini üpjün etmäge borçludyr.

Zerurlyk bolan halatynda içeri işler edarasy kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar bilen bilelikde, eger höküm çykarylanda kazyýet tarapyndan bellenilmedik bolsa, kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilen üçin Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan goşmaça gadagan etmeleriň bellenilmegi barada kazyýete teklipnama ibermäge haklydyr.

 

135-nji madda. Terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ulanmagyň möhletlerini hasaplamak

 

1. Boş wagtyny çäklendirmegiň möhleti kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesileniň içeri işler edaralarynda hasaba alnan gününden gije-gündizlerde hasaplanylýar. Boş wagtyny çäklendirmek görnüşindäki terbiýeçilik täsirli mejbury çäräniň ulanylmagy bellenilen möhletiň geçmegi bilen, bu möhlet geçmänkä iş kesileniň kämillik ýaşyna ýeten ýagdaýynda bolsa, onuň kämillik ýaşyna ýetmegi bilen ýatyrylýar.

2. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilen düzelen halatynda bu terbiýeçilik täsirli çäräni mundan beýläk ulanmagyň zerurlygy ýok bolsa, içeri işler edarasy kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar bilen ylalaşyp, kazyýete bu terbiýeçilik täsirli mejbury çäräniň ulanylmagyny möhletinden öň ýatyrmak hakynda teklipnama iberýär. Kabul edilen çözgüt barada kämillik ýaşyna ýetmedigiň ýaşaýan ýerindäki içeri işler edarasyna habar berilýär.

 

136-njy madda. Terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleriň ulanylmagy bilen iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmediklere ulanylýan höweslendiriş we temmi çäreleri

 

1. Özüni göreldeli alyp barýandygy we okuwa ýa-da işe oňat garaýandygy üçin kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilene minnetdarlyk bildirilip bilner.

2. Jemgyýetçilik tertibini, okuw we zähmet düzgünini bozandygy, ýetirilen zyýany bellenilen möhletde düzetmek borjuny ýerine ýetirmändigi, boş wagtyny peýdalanmagyň kesgitlenen tertibini berjaý etmändigi ýa-da boş wagtynyň çäklendirilmegi bilen baglanyşykda bellenilen gadagan etmeleri bozandygy üçin kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilene resmi duýduryş berlip bilner, agzalan düzgün bozulmalar gaýtadan amala aşyrylan halatynda bolsa, ýazmaça görnüşde käýinç yglan edilip bilner.

3. Eger kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilen özüne yglan edilen käýinçden soň bellenen möhletiň dowamynda şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen düzgün bozmalara ýol berse, içeri işler edarasy kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar bilen bilelikde kazyýete terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ýatyrmak hakynda teklipnama getirýär. Terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleriň ýatyrylmagy we kämillik ýaşyna ýetmedige jenaýat jezasynyň bellenilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

V bölüm.

IŞ KESILEN HARBY GULLUKÇYLAR BABATDA HARBY GULLUK BOÝUNÇA ÇÄKLENDIRME ÝA-DA HARBY-DÜZEDIŞ BÖLÜMINDE SAKLAMAK GÖRNÜŞINDÄKI JEZALARY ÝERINE ÝETIRMEK

 

17-nji bap.

HARBY GULLUK BOÝUNÇA ÇÄKLENDIRME GÖRNÜŞINDÄKI JEZANY ÝERINE ÝETIRMEK

 

137-nji madda. Harby gulluk boýunça çäklendirme görnüşindäki jezany ýerine ýetirmegiň tertibi we şertleri

 

1. Hökümiň ýa-da beýleki kazyýet çözgüdiniň göçürme nusgasy bilen kazyýetiň degişli buýrugynyň gelip gowşan gününden üç günden gijä goýman harby bölümiň serkerdesi höküme laýyklykda buýruk çykarýar, onda haýsy esasda we haýsy möhletiň dowamynda iş kesilen harby gullukçy wezipesinde ýokarlandyrylmaga we harby adyny dakylmaga hödürlenmeýändigi, haýsy möhletiň onuň nobatdaky harby ady almagy üçin gulluk ýyllarynyň möhletine goşulmaýandygy yglan edilýär. Mundan başga-da, höküme laýyklykda iş kesilen harby gullukçynyň harby gulluk boýunça çäklendirme görnüşinde jeza çekýän döwründe onuň pul üpjünçiliginden haýsy möçberde Türkmenistanyň Döwlet býujetine tutum tutulmalydygy görkezilýär. Buýruk harby bölüm boýunça yglan edilýär, iş kesilen harby gullukçynyň dykgatyna ýetirilýär we ýerine ýetirmek üçin kabul edilýär.

2. Harby bölümiň serkerdesi üç gün möhletiň dowamynda hökümi alandygy, degişli buýrugyň çykarylandygy we onuň ýerine ýetirmek üçin kabul edilendigi barada höküm çykaran kazyýete habar berýär. Buýrugyň göçürme nusgasy kazyýete iberilýär.

3. Harby gullukçynyň harby gulluk boýunça çäklendirme görnüşindäki jezany çeken wagty Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde onuň iş döwrüne goşulýar.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

138-nji madda. Iş kesilen harby gullukçynyň pul üpjünçiliginden tutum tutmak

 

Harby gulluk boýunça çäklendirmäge iş kesilen harby gullukçynyň pul üpjünçiliginden döwletiň býujetine tutum tutmagyň hökümde bellenilen möçberi aýlyk wezipe hakyndan we harby at üçin goşmaça hakdan hasaplanylýar.

 

139-njy madda. Iş kesilen harby gullukçylar bilen terbiýeçilik işi

 

Edilen jenaýatyň häsiýetini we jemgyýetçilik howplulyk derejesini we iş kesilen harby gullukçynyň şahsyýetini, şeýle hem onuň özüni alyp barşyny we harby gulluga gatnaşygyny hasaba almak bilen serkerde (başlyk) tarapyndan harby gulluk boýunça çäklendirme görnüşindäki jezany çekýän harby gullukçylar bilen terbiýeçilik işleri guralýar we geçirilýär.

 

140-njy madda. Iş kesilen harby gullukçynyň harby gulluk boýunça gulluk ýerini üýtgetmek

 

1. Harby gulluk boýunça çäklendirilmäge iş kesilen harby gullukçy hökümde kesgitlenilen möhletiň dowamynda jezany ýerine ýetirmek tertibinde wezipesinde ýokarlandyrylyp bilinmez.

2. Eger-de eden jenaýatynyň häsiýetini we başga ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, iş kesilen harby gullukçy tabynlykdakylara ýolbaşçylyk etmek bilen baglanyşykly wezipede galdyrylyp bilinmejek bolsa ol degişli serkerdäniň (başlygyň) çözgüdi boýunça harby bölümiň çäklerinde, şonuň ýaly-da başga harby bölüme ýa-da başga ýere geçirilmegi bilen, onuň harby wezipesi üýtgedilýär, bu barada hökümi çykaran kazyýete habar berilýär.

 

141-nji madda. Harby gulluk boýunça çäklendirme görnüşindäki jezany ýerine ýetirmegiň ýatyrylmagy

 

Hökümde bellenilen we harby bölüm boýunça buýrukda yglan edilen harby gulluk boýunça çäklendirmegiň möhletiniň tamamlanmagyna azyndan üç gün galanda serkerde (başlyk) şeýle ýatyrmagyň senesini görkezmek bilen jezanyň ýerine ýetirilmeginiň ýatyrylýandygy barada buýruk çykarýar, bu barada hökümi çykaran kazyýete habar berýär.

 

18-nji bap.

HARBY-DÜZEDIŞ BÖLÜMINDE SAKLAMAK GÖRNÜŞINDÄKI JEZANY ÝERINE ÝETIRMEGIŇ TERTIBI WE ŞERTLERI

 

142-nji madda. Harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki jezanyň çekilýän ýerleri

 

1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby-düzediş bölüminde saklanylmaga iş kesilen harby gullukçylar aýry-aýry batalýonlarda we rotalarda jeza çekýärler. Harby-düzediş bölümleriniň guramaçylyk düzümi we olaryň sany Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Iş kesilen harby gullukçylaryň harby-düzediş bölümlerine ugradylmagy we kabul edilmegi Harby-düzediş bölümleri hakyndaky düzgünnama laýyklykda we Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan kesgitlenilýän tertipde amala aşyrylýar.

3. Harby-düzediş bölüminde saklanylýan iş kesilen harby gullukçylara şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda düzedişiň esasy serişdeleri, şeýle hem harby gullugyň geçilmegi bilen şertlendirilen terbiýeleçilik häsiýetli başga serişdeler ulanylýar.

 

143-nji madda. Harby-düzediş bölüminiň düzgüni

 

1. Harby-düzediş bölüminde jezany ýerine ýetirmegiň we çekmegiň harby gullukçylaryň düzelmegini, olarda harby düzgün-nyzamyň, harby gulluga aň-düşünjeli garaýşyň terbiýelenmegini, olaryň üstüne ýüklenilen harby borçlaryň we harby taýýarlyk boýunça talaplaryň ýerine ýetirilmegini, olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň durmuşa geçirilmegini, iş kesilen harby gullukçylaryň goragyny we olara gözegçilik edilmegini, iş kesilen harby gullukçylaryň we agzalan harby bölümiň şahsy düzüminiň şahsy howpsuzlygyny üpjün edýän tertibi ýola goýulýar.

2. Iş kesilen harby gullukçylar harby-düzediş bölüminde bellenilen düzgüniň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

3. Harby-düzediş bölüminde jeza çekýän döwründe ähli iş kesilen harby gullukçylar, harby adyna we öňki gullugynyň häsiýetine garamazdan, esgerleriň (matroslaryň) ýagdaýynda bolýarlar we egin-eşigiň we tapawutlandyryş nyşanlarynyň şu harby bölüm üçin bellenilen ýeke-täk görnüşini göterýärler.

 

144-nji madda. Harby-düzediş bölümindäki düzgüniň aýratynlyklary

 

1. Harby-düzediş bölümindäki düzgün şu Kodeksiň 10-njy babynyň we şu maddanyň talaplaryna laýyklykda üpjün edilýär.

2. Iş kesilen harby gullukçylara ýanynda saklamaga rugsat berilýän zatlaryň we närseleriň sanawy we sany Türkmenistanyň Baş prokurory bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Goranmak ministri tarapyndan tassyklanylýan Iş kesilen harby gullukçylaryň jenaýat jezalaryny çekmeginiň kadalarynda bellenilýär. Iş kesilen harby gullukçylaryň ýanlarynda puluň, gymmatly kagyzlaryň we beýleki gymmatlyklaryň, şeýle hem sanawda görkezilmedik närseleriň we zarlaryň saklanylmagyna ýol berilmeýär.

3. Iş kesilen harby gullukçylaryň ýanyndan tapylan pullar, gymmatly kagyzlar we beýleki gymmatlyklar, şeýle hem iş kesilen harby gullukçylaryň ýanynda bolmagy gadagan edilen närseler we zatlar şu Kodeksiň 53-nji maddasynyň bäşinji böleginde kesgitlenen tertipde elinden alynýar, saklamak üçin berilýär, ýok edilýär ýa-da döwletiň haýryna geçirilýär. Harby-düzediş bölüminiň serkerdesi şeýle närseleriň we zatlaryň tapylandygy barada gaýragoýmazdan harby prokurora habar berýär.

 

145-nji madda. Iş kesilen harby gullukçylaryň duşuşyklary

 

1. Iş kesilen harby gullukçylaryň gysga we uzak möhletli duşuşyklara hukuklary bardyr.

2. Garyndaşlar we beýleki adamlar bilen dowamlylygy dört sagada çenli bolan gysga möhletli duşuşyklar aýda iki gezek, ýörite enjamlaşdyrylan otagda, işden we okuwdan boş wagtlarda harby-düzediş bölüminiň serkerdesi tarapyndan bellenýän gününde we sagadynda berilýär.

3. Dowamlylygy üç gije-gündize çenli bolan uzak möhletli duşuşyklar ýakyn garyndaşlar (är-aýal, ata-eneler, çagalar, ogullyga (gyzlyga) alanlar, ogullyga (gyzlyga) alnanlar, süýtdeş doganlar, ata, ene, baba, mama), aýratyn ýagdaýlarda bolsa, harby-düzediş bölüminiň serkerdesiniň rugsady bilen - beýleki adamlar bilen, bir ýylyň dowamynda dört gezek harby-düzediş bölüminiň ýörite enjamlaşdyrylan jaýynda bile ýaşamak hukugy bilen berilýär.

4. Uzak möhletli duşuşyk wagtynda iş kesilen harby gullukçylar gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden, işden we okuw sapaklaryndan boşadylýar.

5. Ýuridik kömegi almak üçin iş kesilen harby gullukçylara adwokatlar ýa-da kämil ýuridik kömegi bermäge hukugy bolan beýleki adamlar bilen duşuşyklar berilýär. Duşuşyk iş kesilen harby gullukçynyň islegi boýunça ikiçäk ýagdaýda berlip bilner. Görkezilen duşuşyklaryň sany çäklendirilmeýär.

 

146-njy madda. Iş kesilen harby gullukçylar tarapyndan ýollamalaryň, geçirilýän zatlaryň we banderollaryň alynmagy

 

1. Iş kesilen harby gullukçylaryň ýollamalary, geçirilýän zatlary, şeýle hem banderollary sanyny çäklendirmezden almaga hukugy bardyr.

2. Ýollamalar, geçirilýän zatlar we banderollar açylýar, olaryň içindäki zatlar bolsa, harby-düzediş bölüminiň wekilleriniň gözegçiliginde, olaryň iberilen iş kesilen harby gullukçylary tarapyndan çykarylyp alynýar.

3. Ýollamalarda, geçirilýän zatlarda, banderollarda tapylan pul, gymmatly kagyzlar we beýleki gymmatlyklar, şeýle hem iş kesilen harby gullukça edinmek gadagan edilen närseler ýa-da zatlar şu Kodeksiň 53-nji maddasynyň bäşinji böleginde bellenilen tertipde alynýar.

4. Iş kesilen harby gullukçylaryň adyna gelip gowşan pullar olaryň atly hasaplaryna geçirilýär.

5. Iş kesilen harby gullukçylara ýollamalarda, geçirilýän zatlarda, banderollarda almaga rugsat berilýän iýmit önümleriniň we ilkinji zerur närseleriň sanawy Iş kesilen harby gullukçylaryň jenaýat jezalaryny çekmeginiň kadalarynda kesgitlenilýär.

6. Iş kesilen harby gullukçylara ýollamalarda, geçirilýän zatlarda we banderollarda ýazuw esbaplaryny almaga, atly hasaplarynda bar bolan hususy serişdeleriniň ýa-da garyndaşlarynyň hasabyna edebiýatlary edinmäge, şeýle hem gazet-žurnallara çäklendirmezden ýazylmaga rugsat edilýär.

7. Iş kesilen harby gullukçylara konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmegi, ýurduň bitewiligini bozmagy, döwlet howpsuzlygyny opurmagy, urşy, durmuş, jynsy, milli, dini we tire-taýpa artykmaçlygyny, şeýle hem rehimsizlik we zorluk ynançlaryny wagyz edýän neşirleri, pornografik häsiýetli neşirleri almak, edinmek, ýazylmak, saklamak we ýaýratmak gadagan edilýär.

 

147-nji madda. Iş kesilen harby gullukçylaryň hat alyşmalary

 

1. Iş kesilen harby gullukçylara sanyny çäklendirmezden hat we telegramma almak we ibermek rugsat edilýär.

2. Gelip gowşan hatlary gowşurmak harby-düzediş bölüminiň wekili tarapyndan geçirilýär, iş kesilen harby gullukçylar onuň gözegçiliginde haty açmaga borçludyrlar. Şonda tapylan gadagan edilýän zatlar şu Kodeksiň 53-nji maddasynyň bäşinji böleginde bellenilen tertipde alynýar.

3. Iş kesilen harby gullukçylaryň hatlarynyň we telegrammalarynyň mazmuny harby-düzediş bölüminiň serkerdeligi tarapyndan gözegçilikden geçirilmäge sezewar edilýär.

 

148-nji madda. Iş kesilen harby gullukçylaryň telefon gepleşikleri

 

1. Iş kesilen harby gullukçylara çäklendirmezden ýakyn garyndaşlary bilen, iş kesilen harby gullukçy üçin möhüm bolan durmuş wakalary bilen baglanyşykly zerur ýagdaýlarda bolsa, beýleki adamlar bilen, her biriniň dowamlylygy on bäş minuda çenli bolan telefon gepleşiklerine rugsat berilýär. Telefon gepleşikleriniň tölegi iş kesilen harby gullukçylar tarapyndan hususy serişdeleriniň ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň ýa-da beýleki adamlaryň serişdeleriniň hasabyna tölenilýär.

2. Iş kesilen harby gullukçylaryň telefon gepleşiklerine harby-düzediş bölüminiň serkerdeligi tarapyndan gözegçilik edilip bilner.

 

149-njy madda. Iş kesilen harby gullukçylaryň iýmit önümlerini we ilkinji zerur närseleri edinmegi

 

1. Iş kesilen harby gullukçylaryň her aýda atly hasabynda duran serişdelerine çäklendirmezden iýmit önümlerini we ilkinji zerur närseleri satyn almaga, şeýle hem şu zerurlyklar üçin her aýda berilýän pul üpjünçiligini harç etmäge hukugy bardyr.

2. Iş kesilen harby gullukçylara nagt däl hasaplaşyk boýunça edinmäge rugsat berilýän iýmit önümleriniň we ilkinji zerur närseleriň sanawy Iş kesilen harby gullukçylaryň jenaýat jezalaryny çekmeginiň kadalarynda kesgitlenilýär.

 

150-nji madda. Iş kesilen harby gullukçylaryň harby-düzediş bölümleriniň çäginden çykyp gitmekleri

 

Aýratyn ýagdaýlar bilen baglanyşykda - ýakyn garyndaşynyň ölümi ýa-da keselliniň janyna howp salýan agyr kesellemegi, iş kesilen harby gullukça ýa-da onuň maşgalasyna ep-esli möçberde maddy zyýan ýetiren tebigy betbagtçylygyň bolmagy bilen baglanyşykda oňa iki tarapa baryp gelmek üçin gerek wagty hasaplamazdan ýedi gije-gündize çenli dowamlylykda harby-düzediş bölüminiň çäginden çykyp gitmäge rugsat edilip bilner. Görkezilen esaslar boýunça harby-düzediş bölüminiň çäklerinden daşarda bolnan wagt iş kesileniň jeza çekmek möhletine goşulýar.

 

151-nji madda. Iş kesilen harby gullukçylaryň harby taýýarlygy

 

Iş kesilen harby gullukçylaryň harby taýýarlygy olaryň harby okuwy we terbiýesi Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan işlenip düzülýän ýörite maksatnamalar boýunça geçirilýär. Olaryň geçirilmegi üçin zerur bolan okuw-maddy binýady döredilýär.

 

152-nji madda. Iş kesilen harby gullukçylaryň zähmeti

 

1. Iş kesilen harby gullukçylar harby-düzediş bölüminiň önümçilik obýektlerinde ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan kesgitlenilýän beýleki obýektlerde, şeýle hem harby-düzediş bölümini abadanlaşdyrmak boýunça işlerde zähmete çekilýär.

2. Iş kesilen harby gullukçylary şu maddanyň birinji böleginde görkezilen obýektlerde iş bilen üpjün etmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, olar harby-düzediş bölüminiň düzgüniniň talaplaryny berjaý etmek bilen, döwlet kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda zähmete çekilip bilner.

3. Iş kesilen harby gullukçylaryň zähmeti Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda bellenilen zähmeti goramagyň, tehniki howpsuzlygyň we önümçilik sanitariýasynyň kadalarynyň berjaý edilmegi bilen guralýar.

4. Iş kesilen harby gullukçylar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň bahasy iş kesilen harby gullukçylaryň işleýän kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda bellenilen nyrhlar boýunça kesgitlenilýär.

5. Kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan iş kesilen harby gullukçylaryň zähmetine hasaplanylyp çykarylan pul möçberiniň elli göterimi harby-düzediş bölüminiň degişli hasabyna geçirilýär. Iş kesilen harby gullukçylaryň zähmet hakynyň galan bölegi olaryň atly hasaplaryna geçirilýär.

6. Iş kesilen harby gullukçylaryň zähmeti üçin hasaplanyp çykarylan pul möçberinden harby-düzediş bölüminiň degişli hasabyna geçirilen pul möçberleri iş kesilen harby gullukçylary saklamak üçin çykdajylaryň öwezini dolmaga, harby-düzediş bölümini abadanlaşdyrmaga, hususy önümçilik binýadyny döretmäge we ösdürmäge, iş kesilen harby gullukçylary maddy taýdan höweslendiriş gaznasyny döretmäge we ýaşaýyş-durmuş zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilýär.

 

153-nji madda. Iş kesilen harby gullukçylar bilen terbiýeçilik işi

 

1. Iş kesilen harby gullukçylar bilen terbiýeçilik işini harby-düzediş bölüminiň serkerdeligi guraýar we geçirýär.

2. Iş kesilen harby gullukçylaryň gelen harby bölümleriniň serkerdeleri harby-düzediş bölüminiň serkerdesi bilen hemişelik aragatnaşyk saklamaga, öňki tabynlygynda bolanlaryň özlerini alyp baryşlary bilen gyzyklanmaga we olaryň düzelmegine ýardam etmäge borçludyrlar.

3. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri harby-düzediş bölüminiň serkerdeligine iş kesilenler bilen terbiýeçilik işini geçirmekde kömek edýärler.

4. Iş kesilen harby gullukçylara harby-düzediş bölüminiň gün tertibine laýyklykda kinofilmler we wideofilmler görkezilýär, şeýle hem radiogepleşikleri diňlemäge rugsat edilýär.

 

154-nji madda. Iş kesilen harby gullukçylaryň jemgyýetçilik geňeşleri

 

1. Harby-düzediş bölüminiň serkerdeligine iş kesilen harby gullukçylary düzetmek işinde ýardam etmek maksady bilen özlerini göreldeli alyp barmagy, zähmete we harby gulluga päk ýürekli gatnaşygy bilen özlerini tanadan adamlardan iş kesilen harby gullukçylaryň jemgyýetçilik geňeşleri döredilýär.

2. Iş kesilen harby gullukçylaryň jemgyýetçilik geňeşi iş kesilen harby gullukçylaryň ýygnaklarynda saýlanylýar we onuň işine gözegçiligi amala aşyrýan harby-düzediş bölüminiň serkerdesi tarapyndan tassyklanylýar.

3. Iş kesilen harby gullukçylaryň jemgyýetçilik geňeşi terbiýeçilik çärelerini we iş kesilen harby gullukçylaryň boş wagtlaryny guramakda harby-düzediş bölüminiň serkerdesine kömek berýär, iş kesilen harby gullukçylar bilen aýratynlykda düşündiriş işlerini geçirýär, jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmaga hödürlenilýän dalaşgärleri ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşýar.

 

155-nji madda. Iş kesilen harby gullukçylara ulanylýan höweslendiriş çäreleri

 

1. Iş kesilen harby gullukçylara şu höweslendiriş çäreleri ulanylýar:

1) minnetdarlyk yglan etmek;

2) sowgat bilen sylaglamak;

3) baýrak bermek;

4) bir gezek goşmaça gysga ýa-da uzak möhletli duşuşyga rugsat bermek;

5) öň berlen düzgün-nyzam temmisini möhletinden öň aýyrmak.

2. Özlerini göreldeli alyp barmagy, zähmete we harby gulluga päk ýürekli gatnaşygy bilen häsiýetlendirilýän iş kesilen harby gullukçylar harby-düzediş bölüminiň serkerdesi tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmaga teklip edilip bilner.

 

156-njy madda. Iş kesilen harby gullukçylara ulanylýan temmi çäreleri

 

1. Iş kesilen harby gullukçylara şu temmi çäreleri berilýär:

1) käýinç;

2) berk käýinç;

3) on gije-gündize çenli möhlete wagtlaýyn harby tussaghanada saklamak;

4) bir aýa çenli möhlete ýollamalary, banderollary we geçirilýän zatlary almak hukugyndan mahrum etmek;

5) nobatdaky gysga ýa-da uzak möhletli duşuşykdan mahrum etmek;

6) bir aýa çenli möhlet bilen telefon gepleşiklerine bolan hukukdan mahrum etmek.

2. Düzgün-nyzam tertibinde wagtlaýyn harby tussaghanada saklamak görnüşinde temmi berlen iş kesilen harby gullukçylar harby-düzediş bölüminiň wagtlaýyn harby tussaghanasynda ýeke adamlyk tussag otaglarynda temmi möhletini doldurýarlar.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., №3, 58-nji madda)

 

157-nji madda. Höweslendiriş we temmi çärelerini ulanmagyň tertibi

 

Serkerdeleriň höweslendiriş we temmi çärelerini ulanmak boýunça hukuklary, olary ulanmagynyň tertibi, şeýle hem olaryň hasaby Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby tertipnamalarynyň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

 

158-nji madda. Iş kesilen harby gullukçylaryň maddy-durmuş we lukmançylyk üpjünçiligi

 

1. Iş kesilen harby gullukçylar üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby tertipnamalarynyň talaplaryna laýyklykda zerur ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilýär.

2. Iş kesilen harby gullukçylar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan kadalar boýunça azyk önümleri we goş-golam üpjünçiligi bilen üpjün edilýär.

3. Iş kesilen harby gullukçylaryň lukmançylyk taýdan üpjünçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna we Iş kesilen harby gullukçylaryň jenaýat jezalaryny çekmeginiň kadalarynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Ýatymlaýyn şertlerde saglygyny bejermäge mätäçlik çekýän iş kesilen harby gullukçylar saglygyny bejertmek üçin gorag astynda gospitala ugradylýar we ýörite enjamlaşdyrylan palatalarda saklanylýar. Iş kesilen harby gullukçylaryň gospitalyň çäklerindäki goragy gospitalyň ýerleşýän ýerindäki garnizonyň başlygynyň güýçleri we serişdeleri bilen amala aşyrylýar.

5. Iş kesilen harby gullukçylaryň pul üpjünçiligi çagyryş boýunça birinji ýyl gulluk edýän esgerler we matroslar üçin wezipe aýlyk hakynyň hasabyndan ýa-da birinji tarif razrýady boýunça her aýda olaryň atly hasaplaryna geçirilýär.

 

159-njy madda. Iş kesilen harby gullukçylaryň harby-düzediş bölüminde bolan wagtynyň harby gullugyň möhletine hasaba alynmagy

 

1. Iş kesilen harby gullukçynyň harby-düzediş bölüminde bolan wagty şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda umumy harby gulluk möhletine goşulmaýar.

2. Harby hünär edinen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby tertipnamalarynyň talaplaryny oňat bilýän we takyk ýerine ýetirýän hem-de birkemsiz gulluk edýän, çagyryş boýunça gulluk möhletiniň geçmegi bilen harby-düzediş bolümlerinden boşadylýan iş kesilen harby gullukçylara harby-düzediş bölüminde bolan wagty olaryň harby gullugynyň umumy möhletine hasaba alnyp bilner.

3. Iş kesilen harby gullukçylaryň harby-düzediş bölüminde bolan wagtyny harby gullugyň umumy möhletine hasaba almagyň tertibi Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

 

VI bölüm.

GOŞMAÇA JEZALARY ÝERINE ÝETIRMEK

 

19-njy bap.

GOŞMAÇA JEZALARYŇ AÝRY-AÝRY GÖRNÜŞLERINI ÝERINE ÝETIRMEK

 

160-njy madda. Döwlet sylaglaryndan, harby ýa-da beýleki atdan mahrum etmek görnüşindäki jezany ýerine ýetirmegiň tertibi

 

1. Kazyýet tarapyndan harby ýa-da beýleki atdan mahrum edilen halatynda ol hökümiň nusgasyny ady beren edara ýa-da wezipeli adama iberýär.

2. Edara ýa-da wezipeli adam bellenilen tertipde degişli resminamalara iş kesileniň harby ýa-da beýleki atdan mahrum edilendigi hakynda ýazgy edýär, şeýle hem onuň ady bilen baglanyşykly hukuklardan we ýeňilliklerden mahrum edilmegi üçin çäreler görýär.

3. Eger hökümde iş kesileni Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan berlen döwlet sylaglaryndan, harby ýa-da beýleki atdan mahrum etmek hakynda meseläni goýmak zerurlygy görkezilen bolsa, onda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti Türkmenistanyň Prezidentine kazyýetiň teklipnamasyny, şeýle hem hökümiň nusgasyny we onuň kanuny güýje girendigi hakyndaky kepilnamany iberýär.

4. Ätiýaçlykdaky harby gullukçy babatda hökümiň nusgasy onuň harby hasapda duran ýeri boýunça harby wekillige iberilýär.

5. Edara ýa-da wezipeli adam hökümiň nusgasyny alan gününden bir aýyň dowamynda hökümi çykaran kazyýete onuň ýerine ýetirilendigi barada habar berýär.

 

161-nji madda. Emlägi muzdsuz almak görnüşindäki jezany ýerine ýetirmegiň tertibi

 

1. Emlägi muzdsuz almak hakynda hökümi çykaran kazyýet ol kanuny güýje gireninden ýerine ýetiriş kagyzyny, emlägiň ýazgysynyň we hökümiň nusgalaryny kazyýet ýerine ýetirjisine ýerine ýetirmek üçin iberýär.

2. Emlägi muzdsuz almak görnüşindäki jezanyň ýerine ýetirilmegi emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan geçirilýär.

 

162-nji madda. Muzdsuz alynmaga degişli emläk

 

1. Iş kesileniň eýeçiligi bolup duran we kanunda gadagan edilen usul bilen edinilen emläk, şeýle-de jenaýatyň guraly we jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan emläk muzdsuz alynmaga degişlidir.

2. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine goşulan, Kazyýetiň hökümi boýunça muzdsuz alynmaga degişli bolmadyk emlägiň sanawyndaky emläk muzdsuz alynmaga degişli däldir.

3. Höküm boýunça muzdsuz alynmaga degişli emlägiň degişliligi hakyndaky jedeller raýat kazyýet önümçiligi tertibinde çözülýär.

 

163-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisiniň emlägi muzdsuz almak görnüşindäki jezany ýerine ýetirmek boýunça hereketleri

 

1. Kazyýet ýerine ýetirijisi ýerine ýetiriş kagyzyny almak bilen haýal etmän ýazgyda görkezilen emlägiň bardygyny barlaýar.

2. Emlägiň kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan düzülen ýazgysynyň sanawy kazy tarapyndan tassyklanylýar.

3. Kazyýet ýerine ýetirijisi muzdsuz alynmaga degişli we ýazgy edilen emlägiň saklanylmagy üçin zerur çäreleri görýär. Ýazgyda görkezilen emlägiň raýatlaryň ýa-da guramalaryň jogapkärçiliginde saklanylmagyna berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Ýazgyda görkezilen emlägi saklamaga alan raýat ýa-da guramanyň wezipeli adamy onuň zaýalanandygy, eýelenendigi, harçlanandygy, gizlenilendigi ýa-da aýrybaşgalanandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekilýändigi barada duýdurylýar.

Höküm boýunça muzdsuz alnan emlägiň hasabynyň ýöredilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde alnyp barylýar.

4. Iş kesileniň umumy we bilelikdäki eýeçilikdäki paýy kazyýet ýerine ýetirijisiniň teklipnamasy ýa-da şol emläge bilelikde eýeçilik edýäniň arzasy boýunça kazyýet tarapyndan raýat kazyýet önümçiligi tertibinde kesgitlenilýär.

 

164-nji madda. Muzdsuz alynmaga degişli emläk babatda üçünji taraplaryň borçlary

 

1. Muzdsuz alynmaga degişli emläk özlerine düşen ýuridik we fiziki şahslar ol barada kazyýete ýa-da degişli ygtyýarly döwlet edarasyna habar bermäge borçludyrlar.

2. Şu Kodeksiň 163-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda emläk saklanylmaga berlen ýuridik we fiziki şahslar ol emlägiň abat saklanylmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.

3. Muzdsuz alynmaga degişli agzalan emlägiň gizlenilendigi, zaýalanandygy, eýelenendigi, harçlanandygy ýa-da aýrybaşgalanandygy üçin günäkärler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýärler.

 

165-nji madda. Muzdsuz alnan emlägiň ygtyýarly döwlet edarasyna berilmegi

 

1. Iş kesileniň muzdsuz alnan emläginiň ygtyýarly döwlet edarasyna berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda oňa bildirilýän ähli talaplar kanagatlandyrylandan soň amala aşyrylýar. Döwlet muzdsuz alnan emlägiň hasabyna kanagatlandyrylmaga degişli nägilelikler babatda ol emlägiň satylmagyndan ýa-da soňraky ulanylmagyndan alnan serişdeleriň çäklerinde jogapkärçilik çekýär.

2. Ygtyýarly döwlet edarasy we Muzdsuz alnan emläk bilen iş alyp barmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

VII bölüm.

JEZA ÇEKMEKDEN BOŞATMAK, JEZANY ÇEKMEKDEN BOŞADYLAN ADAMLARA KÖMEK BERMEK WE OLARA GÖZEGÇILIK ETMEK. ŞERTLEÝIN IŞ KESILENLERE GÖZEGÇILIK ETMEK

 

20-nji bap.

JEZA ÇEKMEKDEN BOŞATMAK

 

166-njy madda. Jezany çekmekden boşatmagyň esaslary

 

1. Jezany çekmekden boşatmaga şular esas bolup durýar:

1) höküm boýunça bellenilen jeza möhletiniň dolunmagy;

2) aklaw hökümiň çykarylmagy ýa-da jenaýat işi boýunça önümçiligiň ýatyrylmagy bilen hökümiň sökülmegi;

3) jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylmagy;

4) jeza möhletiniň doldurylmadyk böleginiň onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrylmagy;

5) günä geçilmegi ýa-da rehim edilmegi;

6) agyr keselliligi;

7) kanunda göz öňünde tutulan başga esaslar.

2. Emläge ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçly iş kesileniň boşadylan gününden jezany ýerine ýetirýän edara iş kesileniň ýaşaýan ýerindäki kazyýete ýerine ýetiriş resminamalaryny iberýär.

 

167-nji madda. Jeza çekmegi ýatyrmak we boşatmagyň tertibi

 

1. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek, düzediş işleri, azatlykdan mahrum etmek, şeýle hem harby gulluk boýunça çäklendirme we harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki jezalary çekmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jeza möhletine girizilen üýtgetmeleri hem hasaba almak bilen, jeza çekmek möhletiniň iň soňky gününde ýatyrylýar.

2. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenler jeza möhletiniň iň soňky gününiň birinji ýarymynda boşadylýarlar. Eger-de jeza möhleti dynç alyş ýa-da baýramçylyk gününde tamamlanýan bolsa, iş kesilen jeza çekmekden dynç alyş ýa-da baýramçylyk gününiň öň ýanyndaky günde boşadylýar. Möhlet aýlar boýunça hasaplanylyp çykarylan ýagdaýynda, ol soňky aýyň degişli gününde tamamlanýar, eger-de bu aýda degişli gün ýok bolsa, bu aýyň iň soňky gününde tamamlanýar.

Düzediş edarasynyň administrasiýasy iş kesileniň jeza çekmekden boşadylýandygy barada onuň ýakyn garyndaşlarynyň birine ýa-da iş kesileniň saýlamagy boýunça başga adama öz wagtynda habar berýär.

3. Iş kesilen boşadylan halatynda oňa degişli zatlary, gymmatlyklary, atly hasabynda duran puly we hususy resminamalary, şeýle hem iş kesileniň jeza çekmekden boşadylandygy baradaky resminamalary we onuň zähmet işi hakynda resminamalar berilýär, bu barada onuň gatnaşmagynda ykrarnama düzülýär.

4. Jezadan möhletinden öň boşatmak degişli resminamalaryň gelip gowşan gününde, eger-de resminamalar iş wagty tamamlanandan soň gelip gowşan bolsa, şol günüň yz ýanyndaky güni irden geçirilýär.

5. Jezalary ýerine ýetirýän edara düzediş işleri görnüşindäki jeza möhletiniň tamamlanýan güni, bu jezadan başga esaslar boýunça boşadylanda bolsa, degişli resminamalary alan gününiň yz ýanyndaky iş gününden gijä goýman, iş kesileniň jeza çeken kärhanasynyň, edarasynyň, guramasynyň administrasiýasyna onuň zähmet hakyndan tutum tutmagy ýatyrmagy teklip etmäge borçludyr. Boşadylýan adama onuň jeza çekmekden boşadylandygy barada resminama berilýär.

6. Reabilitirleýän esaslar boýunça jenaýat işiniň ýatyrylmagy ýa-da aklaw hökümiň çykarylmagy bilen hökümiň sökülmegi zerarly jeza çekmekden boşadylan adama jezany ýerine ýetirýän edaranyň başlygy tarapyndan boşadylan adamyň emläk, zähmet, ýaşaýyş jaý we beýleki ýitirilen hukuklaryň dikeldilmegine bolan hukuklary düşündirilýär. Jeza çekmekden boşadylandygy baradaky resminamada iş kesilenden döwletiň adyndan resmi ýagdaýda ötünç soralýar.

7. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmakdan ýa-da jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmakdan kazyýet tarapyndan ýüz dönderilen halatynda, bu mesele boýunça teklipnama gaýtadan seretmek ozalky ýüz döndermek baradaky kesgitnamanyň çykarylan gününden başlap alty aýdan öň geçirilip bilinmez.

 

168-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik iş kesilenleri jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak

Düzediş işlerine ýa-da azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda jezany ýerine ýetirýän edaranyň we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky toparyň ýa-da gözegçilik toparynyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak ulanylyp bilner.

 

169-njy madda. Iş kesilenleri jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak

 

Iş kesilenleriň düzediş işleri, harby gulluk boýunça çäklendirme, azatlykdan mahrum etmek ýa-da harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylmagy Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 75-nji maddasynda bellenilen tertipde geçirilýär.

 

170-nji madda. Iş kesilenleri şertleýin-möhletinden öň boşatmaga hödürlemegiň tertibi

 

1. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak ulanylyp bilinjek iş kesilen babatda jezany ýerine ýetirýän edara gözegçilik topary bilen bilelikde ony jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak baradaky teklipnamany kazyýete Türkmenistanyň Jenaýat-iş ýörediş kodeksiniň 478-nji maddasynda bellenilen tertipde iberýär.

2. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak baradaky teklipnamada iş kesileniň şahsyýetini häsiýetlendirýän, şeýle hem jezany çekýän wagtynda onuň özüni alyp barşy, zähmete we okuwa gatnaşygy, iş kesileniň düzelmek ýoluna düşenligi we eden etmişine garaýşy baradaky maglumatlar bolmalydyr. Teklipnama iş kesileniň şahsy işi goşulýar.

3. Iş kesilen jeza möhletiniň kanunda bellenilen bölegini çekenden soň jezany ýerine ýetirýän edaranyň administrasiýasy bir aý möhletde jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmaga hödürlemek ýa-da ondan ýüz döndermek baradaky meselä seretmäge we ol barada delillendirilen karar çykarmaga borçludyr.

(2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № , -nji madda)

 

171-nji madda. Jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak

 

Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän iş kesilenlere jezanyň möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 76-njy maddasynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

172-nji madda. Iş kesilenleri jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmaga hödürlemegiň tertibi

 

1. Jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak baradaky teklipnama kazyýete Türkmenistanyň Jenaýat-iş ýörediş kodeksiniň 478-nji maddasynda bellenilen tertipde düzediş edarasy tarapyndan gözegçilik topary bilen bilelikde iberilýär.

2. Jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak barada teklipnamada iş kesileniň şahsyýetini häsiýetlendirýän, şeýle hem jezany çekýän wagtynda onuň özüni alyp barşy, zähmete we okuwa gatnaşygy, iş kesileniň eden etmişine garaýşy baradaky maglumatlar bolmalydyr. Teklipnama iş kesileniň şahsy işi goşulýar.

3. Iş kesilen tarapyndan jeza möhletiniň kanunda bellenilen bölegi çekilenden soň düzediş edarasynyň administrasiýasy bir aý möhletde jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmaga teklipnama bermek ýa-da ondan ýüz döndermek hakynda delillendirilen karar çykarmaga borçludyr.

 

173-nji madda. Iş kesilenleriň jeza çekmekden möhletinden öň boşadylmagy we jeza çekmekden möhletinden öň boşatmaga hödürlemegiň tertibi

 

1. Jenaýat edenden soň hereketleriniň hakyky manysyna düşünmek ýa-da şolara erk edip bilmek mümkinçiliginden mahrum eden psihiki taýdan bozulma keseline uçran iş kesilenleri, şonuň ýaly-da jeza möhletini doldurmaga päsgel berýän başga agyr kesele duçar bolan iş kesilenleri jeza çekmekden möhletinden öň boşatmak Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 77-nji maddasynda bellenilen tertipde geçirilýär.

2. Psihiki taýdan bozulma keseline uçrandygy zerarly iş kesileni jeza çekmekden boşatmak baradaky teklipnama kazyýete jezany ýerine ýetirýän edara tarapyndan gözegçilik topary bilen bilelikde girizilýär. Teklipnama bilen bir wagtda lukmançylyk toparynyň netijenamasy we iş kesileniň şahsy işi iberilýär.

Şeýle adama lukmançylyk häsiýetli mejbur ediş çäreleri bellenilip bilner.

3. Başga agyr kesele uçrandygy zerarly iş kesileni jeza çekmekden boşatmak baradaky teklipnama kazyýete jezany ýerine ýetirýän edara tarapyndan gözegçilik topary bilen bilelikde ugradylýar. Teklipnama bilen bir wagtda kazyýete lukmançylyk toparynyň netijenamasy we iş kesileniň şahsy işi iberilýär. Teklipnamada iş kesileniň eden jenaýatynyň agyrlygyny häsiýetlendirýän we iş kesileniň jeza çekýän döwründe özüni alyp barşy hakynda maglumatlar bolmalydyr.

4. Iş kesilenleriň jeza çekmegine päsgelçilik döredýän keselleriň sanawy, şeýle hem kesellemegi bilen baglanyşykly jeza çekmekden boşadylmaga hödürlenilýän iş kesilenleriň lukmançylyk taýdan güwä geçilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

5. Iş kesilen zähmet çekmäge ukybyny ýitiren ýa-da pensiýa ýaşyny dolduran halatynda ony düzediş işleri görnüşindäki jezany çekmekden möhletinden öň boşatmak baradaky teklipnama kazyýete jezany ýerine ýetirýän edara tarapyndan gözegçilik topary bilen bilelikde getirilip bilner.

Düzediş işleri görnüşinde jeza çekmäge iş kesilen aýal göwreli bolan halatynda jeza çekmekden möhletinden öň boşatmak oňa göwreliligi we çaga dogranlygy boýunça rugsat berlen pursadyndan amala aşyrylýar.

6. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşinde jeza çekmekden möhletinden öň boşatmak jemgyýetçilik birleşikleriniň, zähmetkeşler toparynyň ýa-da iş kesileniň haýyşnamasy boýunça Türkmenistanyň Jenaýat-iş ýörediş kodeksiniň 478-nji maddasynda bellenilen tertipde geçirilýär.

7. Günä geçmegiň we rehim etmegiň ulanylyş tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär.

 

174-nji madda. Iş kesilen göwreli aýallar we sekiz ýaşa çenli çagalary bolan aýallar babatda jeza çekmegiň möhletini yza süýşürmek

 

1. Iş kesilen göwreli aýallara we sekiz ýaşa çenli çagalary bolan aýallara kazyýet tarapyndan çaga sekiz ýaşyny doldurýança Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan tertipde jeza çekmegi yza süýşürmek berlip bilner.

2. Iş kesilen göwreli aýal we sekiz ýaşa çenli çagalary bolan aýal babatda jeza çekmegi yza süýşürmek barada hökümiň nusgasy iş kesileniň ýaşaýan ýerindäki içeri işler edarasyna iberilýär.

3. Jeza çekmegi yza süýşürmegi ulanmak baradaky teklipnama kazyýete düzediş edarasy tarapyndan gözegçilik topary bilen bilelikde iberilýär. Teklipnama iş kesileniň häsiýetnamasy, göwreliligi barada lukmançylyk netijenamasy ýa-da çagasynyň bardygy barada kepilnama, şeýle hem iş kesileniň şahsy işi goşulýar.

4. Düzgünli düzediş edarasynyň administrasiýasy iş kesilen aýal babatda jeza çekmegi yza süýşürmek baradaky kazyýet kesgitnamasyny alandan soň, ony düzediş edarasyndan boşadýar. Iş kesilen aýaldan öýüne baran gününden soň üç gün möhletde ýaşaýan ýeri boýunça içeri işler edarasyna barmak barada dil haty alynýar.

5. Iş kesilen aýal ýaşaýan ýerine döwletiň hasabyna gidýär.

6. Düzediş edarasynyň administrasiýasy iş kesileniň boşadylan gününde onuň boşadylan senesini görkezmek bilen ýaşaýan ýeri boýunça içeri işler edarasyna kazyýetiň jeza çekmegi yza süýşürmek baradaky kesgitnamasynyň nusgasyny iberýär.

7. Içeri işler edarasy iş kesilen aýal gelenden soň üç gije-gündiziň dowamynda onuň gelendigi barada tassyknamany düzediş edarasyna ugratmaga borçludyr.

8. Iş kesilen aýalyň ýaşaýan ýerindäki içeri işler edarasy iş kesilen aýaly hasaba goýýar we soňra onuň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýar.

 

175-nji madda. Iş kesilen aýal tarapyndan jezanyň çekilmeli möhletiniň yza süýşürilmeginiň şertleriniň berjaý edilmezliginiň ýa-da çaganyň sekiz ýaşyna ýetmeginiň netijeleri

 

1. Jeza çekmegi yza süýşürmek ulanylan iş kesilen aýal düzediş edarasyndan boşadylan gününden iki hepde möhletde gelmedik halatynda, içeri işler edarasy ilkibaşky gözleg çärelerini amala aşyrýar, olaryň üstünlige getirmedik ýagdaýynda Türkmenistanyň jenaýat-iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen tertipde gözleg yglan edýär.

2. Jemgyýetçilik tertibini ýa-da zähmet düzgün-nyzamyny bozmaga ýol beren jeza çekmegi yza süýşürmek ulanylan iş kesilen aýal, eger oňa yza süýşürme döwründe administratiw temmi beriş ýa-da düzgün-nyzam taýdan täsir ediş çäresi ulanylan bolsa ýa-da ol çagany terbiýelemekden ýa-da oňa seretmekden boýun gaçyran bolsa, içeri işler edarasy oňa jeza çekmegiň yza süýşürilmeginiň ýatyryljakdygy barada duýduryş yglan edýär.

3. Jeza çekmegi yza süýşürmek ulanylan iş kesilen aýal çagasyndan ýüz dönderen ýa-da yglan edilen duýduryşdan soň hem çagasyny terbiýelemekden boýun gaçyrýan bolsa, onuň ýaşaýan ýerindäki içeri işler edarasy gözegçilik topary bilen bilelikde jeza çekmegi yza süýşürmegi ýatyrmak we höküm bilen bellenilen jezany çekmäge ony ugratmak hakynda kazyýete teklipnama getirýär. Teklipnamanyň ýanyna jeza çekmegi yza süýşürmek baradaky kazyýetiň kesgitnamasynyň nusgasy goşulýar.

4. Çagadan resmi taýdan ýüz döndermän, ony çaga dogrulýan öýde goýan ýa-da çagalar öýüne beren, ýa-da jemgyýete garşy gelýän durmuş keşbini alyp barýan we çaganyň terbiýesi we oňa seretmek bilen meşgullanmaýan ýa-da çagany garyndaşlaryna ýa-da başga adamlara goýan, ýa-da gizlenen ýa-da çaga terbiýe bermekden boýun gaçyrýandygyna şaýatlyk edýän başga hereketleri edýän iş kesilen aýal çagany terbiýelemekden boýun gaçyrýan diýlip hasap edilýär.

5. Çaga sekiz ýaşyna ýetende iş kesilen aýalyň ýaşaýan ýeri boýunça içeri işler edarasy gözegçilik topary bilen bilelikde onuň özüni alyp barşyny, çagasyny terbiýelemäge bolan gatnaşygyny, eden jenaýatynyň häsiýetini, jezanyň çekilen we çekilmän galan möhletini hasaba almak bilen, iş kesileni jezanyň galan bölegini çekmekden boşatmak ýa-da jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak ýa-da jezanyň galan möhletini çekmek üçin degişli edara ibermek barada kazyýete teklipnama iberýär.

 

176-njy madda. Jeza möhletini dolduran adamlaryň hukuk ýagdaýy

 

Jeza möhletini dolduran adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäklendirmeler bilen Türkmenistanyň raýatlary üçin bellenilen hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary berjaý edýärler.

 

21-nji bap.

JEZA ÇEKMEKDEN BOŞADYLÝAN ADAMLARA KÖMEK BERMEK WE OLARA GÖZEGÇILIK ETMEK

 

177-nji madda. Boşadylýan iş kesilenleri zähmete we durmuşa ugrukdyrmaga ýardam etmekde düzediş edaralarynyň borçlary

 

1. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezanyň möhletiniň tamamlanmagyna çenli alty aý möhletden gijä galman, düzediş edarasy gözegçilik topary bilen bilelikde iş kesileniň ýaşamak üçin özüniň saýlap alan ýeri boýunça ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna we iş bilen üpjün ediş gullugynyň edaralaryna iş kesileniň ýakynda boşadylmagy, onuň ýaşamaga ýeriniň barlygy, zähmete ukyplylygy we bar bolan hünärleri barada mälim edýär.

2. Düzediş edaralarynda iş kesileni boşadylmaga taýýarlamak maksady bilen onuň bilen terbiýeçilik işi geçirilýär, onuň hukuklary we borçlary ýazmaça düşündirilýär.

3. Iş kesilen 62 ýaşdan uly erkek adamlar we 57 ýaşdan uly aýallar, I we II topar maýyplar özleriniň haýyş etmegi boýunça düzediş edarasynyň we gözegçilik toparynyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça saglygy goraýyş edaralary tarapyndan maýyplar we garrylar öýlerine ugradylýarlar.

4. Ata-enesi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedikler, zerur halatynda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ýaşaýan ýeri boýunça olara ýetim, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalaryň hukuk ýagdaýyny bermek we mundan beýläk-de olaryň durmuşynyň ýola goýulmagy üçin düzediş edarasynyň we gözegçilik toparynyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça olar hossarlyk we howandarlyk edaralaryna berilýär.

(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 58-nji madda)

 

178-nji madda. Düzediş edaralaryndan jeza çekmekden boşadylýan iş kesilenlere kömek bermek

 

1. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekmekden boşadylýan adamlaryň Içerki tertip-düzgün kadalarynda bellenilýän kada boýunça ýaşaýan ýerine mugt gitmegi, şeýle hem ýolda bolan wagty üçin zerur bolan iýmit önümleri ýa-da pul bilen üpjün edilýär.

2. Möwsüme laýyk egin-eşigi, aýakgaby we olary edinmek üçin serişdeleri bolmadyk ýagdaýynda, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşadylýan adamlar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna egin-eşik we aýakgap bilen üpjün edilýär.

3. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary ygtyýarly döwlet edaralary bilen bilelikde azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşadylýan iş kesilenlere psihiki taýdan ideg etmek üçin zerur kömegi berýärler, şonuň ýaly-da durmuş-psihiatriýa taýdan hossarlyk edýärler.

4. Saglyk ýagdaýy boýunça kesekiniň kömegine mätäç adamlar, göwreli aýallar we ýaş çagaly aýallar, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedikler azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezany çekmekden boşadylanda düzediş edarasynyň administrasiýasy olaryň garyndaşlaryna ýa-da olaryň saýlamagy boýunça başga adamlara olaryň boşaýandygy barada öz wagtynda habar berýär.

5. Şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşadylýan adamlar garyndaşlarynyň ýa-da olaryň yzyndan gelen başga adamlaryň ýa-da düzediş edarasynyň işgäriniň ugratmagy bilen ýaşaýan ýerlerine iberilýär.

 

179-njy madda. Düzediş edaralaryndan jeza çekmekden boşadylýan iş kesilenleriň zähmete we durmuşa ugrukmaga hem-de durmuş kömeginiň beýleki görnüşlerine bolan hukugy

 

1. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezadan boşadylýan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zähmete we durmuşa ugrukmaga hem-de durmuş taýdan kömegiň beýleki görnüşlerini almaga hukuklydyrlar.

2. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary düzediş edaralaryndan boşan adamlary, mümkinçilige görä, olaryň bar bolan hünärlerini göz öňünde tutmak bilen iş bilen üpjün edýärler. Zerur halatlarda görkezilen adamlara ýaşaýyş jaýlary berilýär.

 

180-nji madda. Jeza çekmekden boşadylan adamlara gözegçilik

 

1. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylan adamlara jezasynyň çekilmedik böleginiň dowamynda olaryň ýaşaýan ýerindäki gözegçilik topary bilen bilelikde içeri işler edarasy tarapyndan gözegçilik bellenilýär we olar bilen terbiýeçilik işi geçirilýär.

2. Aýratyn howply residiwde, şonuň ýaly-da agyr we aýratyn agyr jenaýat edendigi üçin ýa-da bilkastlaýyn jenaýat edendigi üçin iki we ondan köp gezek azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden boşan adamlara, eger jeza çeken döwründe olaryň özlerini alyp barşy düzeliş ýoluna düşmek islemeýändiklerine şaýatlyk edýän we jemgyýet üçin howply bolup galýan bolsalar, olara administratiw gözegçiligi bellenilýär.

3. Jeza çekmekden boşadylan adamlara synlamagy we gözegçiligi, şeýle hem administratiw gözegçiligini bellemegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

 

22-nji bap.

ŞERTLEÝIN IŞ KESILENLERIŇ ÖZLERINI ALYP BARYŞLARYNA GÖZEGÇILIK ETMEK

 

181-nji madda. Şertleýin iş kesilenleriň özüni alyp baryşlaryna gözegçiligi amala aşyrýan edaralar

 

1. Şertleýin iş kesilenleriň synag möhletiniň dowamynda özlerini alyp baryşlaryna gözegçilik iş kesilenleriň ýaşaýan ýeri boýunça gözegçilik toparynyň ýardam bermeginde içeri işler edaralary tarapyndan, harby gullukçylar bilen baglanyşykda bolsa – harby bölümleriň serkerdeligi tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde şertleýin iş kesilenleriň özlerini alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrmaga beýleki ministrlikleriň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň degişli gulluklarynyň işgärleri, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri hem çekilip bilner.

 

182-nji madda. Şertleýin iş kesilenleriň özüni alyp baryşlaryna gözegçiligi amala aşyrmagyň tertibi

 

1. Içeri işler edarasy synag möhletiniň dowamynda şertleýin iş kesilenleriň hasabyny ýöredýär, gözegçilik toparynyň hem-de Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň degişli gulluklarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda iş kesilenleriň jemgyýetçilik tertibini berjaý edişlerine we kazyýet tarapyndan öz üstlerine ýüklenilen borçlary ýerine ýetirişlerine gözegçilik edýär.

2. Iş kesilene goşmaça jeza çäresi bellenilen halatynda şertleýin iş kesilenleriň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edaralar, şu Kodeksde göz öňünde tutulan çäreleri doly möçberde geçirýärler.

3. Iş kesilen harby gulluga çagyrylan halatynda harby wekillige hökümiň göçürilen nusgasy, zerur bolan ýagdaýlarda bolsa, iş kesileniň gullugy geçýän ýeri boýunça özüni alyp barşyna gözegçilik etmek üçin talap edilýän beýleki resminamalar hem iberilýär. Harby bölümiň serkerdeligi bu adamyň hasaba goýlandygy barada on gün möhletiň dowamynda harby wekillige, gullugyň tamamlanmagy bilen bolsa, harby bölümden gidendigi barada habar bermäge borçludyr.

4. Şertleýin iş kesilenler Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyklykda kazyýet tarapyndan olaryň üstüne ýüklenilen borçlaryny ýerine ýetirýärler we çagyrylmagy boýunça içeri işler edaralaryna barmaga borçludyrlar. Esasly sebäpler bolmazdan barylmadyk halatynda, şertleýin iş kesilen mejbury getirilmäge sezewar edilip bilner.

Şertleýin iş kesilenlere synag möhletiniň dowamynda Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gitmek gadagan edilýär.

5. Iş kesilenler gözegçilik edilmeginden boýun gaçyran halatynda iş kesileniň ýaşaýan ýeri boýunça içeri işler edarasy onuň bolýan ýerini we boýun gaçyrmagynyň sebäplerini anyklamak boýunça ilkibaşky çäreleri geçirýär.

6. Eger şertleýin iş kesileniň bellige alynmak üçin gelmeginiň dowamlylygy kazyýet tarapyndan kesgitlenmedik bolsa, onuň yzygiderliligi, şeýle hem şertleýin iş kesileniň barmaly günleri içeri işler edarasy tarapyndan bellenilýär, ýöne ol aýda üç gezekden seýrek bolmaly däldir.

7. Eger şertleýin iş kesilen synag möhletiniň tamamlanmagyna çenli şahsy özüni alyp barşy bilen düzelendigini subut etse, kazyýet içeri işler edarasynyň we gözegçilik toparynyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça şertleýin iş kesilenligi ýatyrmak we iş kesilenden iş kesilenlik aýbynyň aýrylmagy hakynda karar edip biler.

 

183-nji madda. Şertleýin iş kesilende synag möhletiniň hasaplanylmagy

 

1. Eger-de hökümde başgaça bellenilmedik bolsa, synag möhleti höküm yglan edilen pursadyndan hasaplanylýar.

2. Synag möhleti tamamlanandan soň iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçilik etmek bes edilýär we ol hasapdan çykarylýar. Synag möhletiniň tamamlanmagy we şertleýin iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligiň bes edilmegi hakynda höküm çykaran kazyýete habar berilýär.

 

184-nji madda. Şertleýin iş kesilenleriň jogapkärçiligi

 

1. Iş kesilen kazyýet tarapyndan üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmekden boýun gaçyranda ýa-da jemgyýetçilik tertibini bozandygy üçin oňa administratiw temmi berlende, içeri işler edarasy ýa-da harby bölümiň serkerdeligi gözegçilik topary bilen bilelikde kazyýete synag möhletini bir ýyldan köp bolmadyk möhlete uzaltmak hakynda teklipnama iberýär.

2. Iş kesileniň şu Kodeksiň 182-nji maddasynyň dördünji böleginde görkezilen talaplary ýerine ýetirmedik, şeýle hem iş kesilene ýüklenen haýsydyr bir borçlary doly ýa-da bölekleýin ýatyrmagyň ýa-da goşmagyň maksadalaýykdygyna şaýatlyk edýän beýleki ýagdaýlar bolan halatynda, içeri işler edarasy ýa-da harby bölümiň serkerdeligi gözegçilik topary bilen bilelikde kazyýete degişli teklipnama girizýär.

Iş kesilen üstüne haýsydyr bir borçlaryň ýüklenilmegi bilen ylalaşmadyk halatynda, ol Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýetiň kararyna şikaýat etmäge haklydyr.

3. Iş kesilen kazyýet tarapyndan üstüne ýüklenilen borçlaryny synag möhletiniň dowamynda zandyýamanlyk bilen ýerine ýetirmedik halatynda, şeýle hem eger şertleýin iş kesilen jemgyýetçilik tertibini yzygiderli bozandygy üçin birnäçe gezek administratiw jogapkärçilige çekilende ýa-da gözegçilikden gizlenen halatynda içeri işler edarasy ýa-da harby bölümiň serkerdeligi gözegçilik topary bilen bilelikde kazyýete şertleýin iş kesilenligi ýatyrmak we höküm boýunça bellenilen jezany ýerine ýetirmek hakynda teklipnama iberýär.

4. Şertleýin iş kesilen tarapyndan synag möhletiniň dowamynda seresapsyzlyk boýunça täze jenaýat edilen halatynda içeri işler edarasy ýa-da harby bölümiň serkerdeligi gözegçilik topary bilen bilelikde kazyýete şertleýin iş kesilenligi ýatyrmak barada teklipnama iberýär. Şertleýin iş kesilenligi ýatyrmak ýa-da saklap galmak baradaky mesele kazyýet tarapyndan çözülýär.

5. Iş kesileniň bir ýylyň dowamynda iki gezekden artyk gadagan edilen hereketleri etmegi ýa-da oňa buýrulan hereketleri ýerine ýetirmezligi ýa-da kazyýetiň üstüne ýüklän borçlaryny dowamly (30 günden köp) ýerine ýetirmezligi borçlary zandyýamanlyk bilen ýerine ýetirilmezlik diýlip, hasap edilýär.

6. Bolýan ýeri otuz günden köp wagtyň dowamynda anyklanylmadyk iş kesilen gözegçilikden gaçyp gizlenen diýlip, hasap edilýär.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2017-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kodeksleri
Kabul edilen senesi 25.03.2011
Resminamanyň belgisi № 164-IV