Türkmenistanyň Sanitariýa Kodeksi

MAZMUNY

 

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

II BÖLÜM. ILATYŇ SANITARIÝA-EPIDEMIOLOGIÝA TAÝDAN ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BABATYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

III BÖLÜM. DÖWLET HÄKIMIÝET WE DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ, ÝERLI ÝERINE ÝETIRIJI HÄKIMIÝET WE ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ, ÝURIDIK WE FIZIKI ŞAHSLARYŇ ILATYŇ SANITARIÝA-EPIDEMIOLOGIÝA TAÝDAN ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA HUKUKLARY WE BORÇLARY

IV BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ARASSAÇYLYK WE KESELLERIŇ ÝAÝRAMAGYNA GARŞY GÖREŞMEK GULLUGY

V BÖLÜM. HASABA ALMAK WE STATISTIKA

VI BÖLÜM. ÇAKLAMAK

VII BÖLÜM. SANITARIÝA-GIGIÝENA TAÝDAN KADALAŞDYRMAK

VIII BÖLÜM. SANITARIÝA-GIGIÝENA BILERMENLER SELJERMESI

IX BÖLÜM. DURMUŞ-GIGIÝENA MONITORINGI

X BÖLÜM. DÖWLET SANITARIÝA GÖZEGÇILIK BARLAGY WE GÖZEGÇILIGI

XI BÖLÜM. ILATYŇ SANITARIÝA-EPIDEMIOLOGIÝA TAÝDAN ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEGIŇ YKDYSADY GURALY

XII BÖLÜM. GIGIÝENA TERBIÝESI, BILIM, YLMY BARLAGLAR

XIII BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ SANITARIÝA KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULMAGY

ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

 

 

TÜRKMENISTANYŇ

 SANITARIÝA KODEKSI

 

Şu Kodeks ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmegiň, raýatlaryň oňaýly daşky gurşawa bolan hukuklarynyň, raýatlaryň olar bilen baglanyşykly başga hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň durmuşa geçirilmeginiň hem-de goralmagynyň hukuk, ykdysady hem-de durmuş şertlerini kesgitleýär.

 

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1nji madda. Şu Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kodeksde aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) sanitariýa – ilatyň saglygyny goramaga, iş we durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen gigiýena çäreleriniň ulgamy;

2) epidemiologiýa – epidemiýalaryň döremeginiň sebäplerini, ýaýramagynyň kanunalaýyklyklaryny, şeýle-de olaryň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça çäreleri öwrenýän ylym;

3)  epidemiýa – haýsy-da bolsa bir ýokanç keseliň ilatly nokatda, sebitde giň ýaýramagy;

4) gigiýena – daşky gurşawyň we önümçilik işiniň faktorlarynyň adamyň saglygyna, işe ukyplylygyna, ömrüniň dowamlylygyna edýän täsirini öwrenýän, ilatly nokatlaryň, adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň we işiniň sagdynlaşdyrylmagyna gönükdirilen normatiwleri, talaplary we sanitariýa çärelerini işläp düzýän lukmançylyk ylmy;

5) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy – ilatyň saglygynyň we adamyň ýaşaýan gurşawynyň, şunlukda daşky gurşawyň faktorlarynyň adamyň organizmine howply hem zyýanly täsiri bolmadyk hem-de adamyň ýaşamagy üçin amatly şertleri bar bolan ýagdaýy; 

6) adamyň ýaşaýan gurşawy – daşky (tebigy we emeli) gurşawyň adamyň ýaşamagynyň şertlerini kesgitleýän faktorlarynyň, hadysalarynyň we obýektleriniň jemi;

7) adamyň ýaşaýan gurşawynyň faktorlary – adama we (ýada) geljekki nesilleriň saglyk ýagdaýyna täsir edýän we (ýada) täsir edip biljek biologik (wiruslar, bakteriýalar, parazitler we beýlekiler), himiki, fiziki (güwwüldi, sandyrama, ultrases, infrases, ýylylyk, ionlaşdyryjy, ionlaşdyryjy däl we beýleki şöhle saçmalar), durmuş (iýmit, agyz suwy üpjünçiligi, ýaşaýyş, zähmet we dynç alyş şertleri) we adamyň ýaşaýan gurşawynyň beýleki faktorlary;

8) adama zyýanly täsir etmegi ýaşaýyş gurşawynyň adamyň janyna we saglygyna ýa-da geljekki nesilleriň janyna we saglygyna howp döredýän faktorlarynyň täsiri;  

9) adamyň ýaşamagynyň amatly şertleri – ýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň adama zyýanly täsiri bolmadyk (zyýansyz şertler) we adam organizminiň bozulan funksiýalarynyň dikeldilmegine mümkinçilikleri bolan ýagdaýy;

10) adam üçin howpsuz şertler ýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň adam üçin zyýanly täsir etmek howpy bolmadyk ýagdaýy;

11) sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýy - ilatyň saglygynyň we ýaşaýyş gurşawynyň belli bir çäkde anyk bir wagtdaky ýagdaýy;

12) gigiýena normatiwi ýaşaýyş gurşawynyň adam üçin howpsuzlygy we (ýada) zyýansyzlygy nukdaý nazaryndan ol ýa-da beýleki faktoryny häsiýetlendirýän barlaglar arkaly kesgitlenen rugsat berilýän iň köp ýada iň az san we (ýada) hil görkezijisi;

13) döwlet sanitariýaepidemiologiýa düzgünleri we normatiwleri – berjaý edilmezligi adamyň janyna we saglygyna howp döredýän, şeýle hem keselleriň ýüze çykmagyna we ýaýramagyna getirýän sanitariýaepidemiologiýa talaplaryny (şol sanda adamyň ýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň howpsuzlygynyň we zyýansyzlygynyň ölçegleri, gigiýena we beýleki normatiwleri) belleýän kadalaşdyryjy hukuk namalar;

14) durmuş-gigiýena monitoringi adamyň saglygynyň we ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň, olary seljermegiň, baha bermegiň we çaklamagyň, şeýle hem ilatyň saglygynyň we ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýyna täsir edýän faktorlaryň özara arabaglanyşyklaryny kesgitleýän döwlet gözegçilik ulgamy;

15) döwlet sanitariýaepidemiologiýa gözegçilik barlagy – ilatyň saglygyny we ýaşaýyş gurşawyny goramak maksady bilen, sanitariýaepidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak, ýüze çykarmak we ýol bermezlik boýunça iş;

16) pudak sanitariýa gözegçilik barlagy – degişli ministrlikleriň we pudaklaryň hereket edýän we gurulýan obýektlerinde olaryň sanitariýa-epidemiologiýa gulluklary tarapyndan döwlet we pudak sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň esasynda amala aşyrylýan iş;

17) sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesisanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň obýektleriniň döwlet sanitariýaepidemiologiýa düzgünlerine we kadalaryna laýykdygyny (laýyk däldigini) kesgitlemek boýunça amala aşyrylýan iş;

18) sanitariýaepidemiologiýa netijenamasy – adamyň ýaşaýan gurşawynyň faktorlarynyň, hojalyk we beýleki işleriň, önümiň, işleriň we hyzmatlaryň, şeýle hem kadalaşdyryjy namalaryň taslamalarynyň, obýektleriň gurluşyklarynyň taslamalarynyň, ulanyş resminamalarynyň döwlet sanitariýaepidemiologiýa kadalaryna we normatiwlerine laýyklygyny (laýyk däldigini) kepillendirýän resminama;

19) epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäreleri – ýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň adama zyýanly täsiriniň azaldylmagyna ýada ýok edilmegine, ýokanç keselleriň we köpçülikleýin ýokanç däl keselleriň (zäherlenmeleriň) ýüze çykmagyna, ýaýramagyna we olaryň ýok edilmegine gönükdirilen guramaçylyk, edara ediş, inženertehniki, lukmançylyksanitariýa, weterinariýa we beýleki çäreler;

20) çäklendiriji çäreler (karantin) – ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen hem-de hojalyk we beýleki işleriň aýratyn tertibini göz öňünde tutýan, ilatyň, ulag serişdeleriniň, ýükleriň, harytlaryň we mallaryň ondan-oňa göçmegini çäklendirýän edara ediş, lukmançylyk-sanitariýa, weterinariýa we beýleki çäreler;

21) ýokanç keseller – döremegi we ýaýramagy adamyň ýaşaýan gurşawynyň biologik faktorlarynyň (ýokanç keselleri döredijileriň) täsiri we keseliň kesellän adamdan, haýwandan sag adama geçmek ýagdaýy bilen şertlendirilen ýokanç keseller;

22) köpçülikleýin ýokanç däl keseller (zäherlenmeler) – adamyň ýaşaýan gurşawynyň fiziki we (ýa-da) himiki, we (ýa-da) durmuş faktorlarynyň täsiri bilen şertlendirilen keseller (zäherlenmeler);

23) önümçilik gözegçiligi önümçilik gözegçiliginiň maksatnamasyny işläp düzmek we ylalaşmak boýunça çäreleri, obýektde barlaghana-instrumental barlaglaryny hem-de kärhanada sanitariýa abadançylygynyň umumy barlagyny amala aşyrmagy öz içine alýan Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýan iş.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de Türkmenistanyň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatdaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly şu Kodeks bilen düzgünleşdirilmeýän emläk hukuk gatnaşyklary babatynda Türkmenistanyň raýat kanunçylygynyň kadalary ulanylýar.

3. Sanitariýa ýagdaýynyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kodeks esasynda kabul edilýär hem-de onuň düzgünlerine çapraz gelip bilmez. Şeýle çapraz gelme bolan halatynda şu Kodeksiň düzgünleri ulanylýar.

4. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksde göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň maksatlary we esasy wezipeleri

 

1. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny hem-de radiasiýa howpsuzlygyny (mundan beýläk – ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy) üpjün etmek, Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy konstitusion hukuklarynyň biri hökmünde raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň maksatlary bolup durýar.

2. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek üçin zerur bolan durmuş-hukuk şertlerini we kepillikleri döretmek, adamyň ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmek  Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň esasy wezipeleri  bolup durýar.

 

4-nji madda. Hukuklaryň we borçlaryň ýüze çykmagy üçin esaslar

 

Şu Kodeksde göz öňünde tutulan hukuklar we borçlar Türkmenistanyň kanunçylygyna esaslanýar, şeýle hem döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň (mundan beýläk – ýuridik şahslaryň), şeýle hem fiziki şahslaryň (raýatlaryň), şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslaryň kanunda göz öňünde tutulmadyk, ýöne Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň umumy düzgünlerine we manysyna görä ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça hukuklaryny hem-de borçlaryny döredýän hereketlerinden gelip çykýar.

Şuňa laýyklykda ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça hukuklar hem-de borçlar şu aşakdakylardan ýüze çykýar:

1) sanitariýa gözegçilik barlagy edaralarynyň edara ediş namalaryndan;

2) raýatlaryň saglygyna zeper ýetirilmegi netijesinde;

3) kanunyň, şu Kodeks bilen düzgünleşdirilýän üýtgetmeleriň herekete başlamagyny ýa-da gatnaşyklaryň ýatyrylmagyny baglanyşdyrýan wakalary netijesinde;

4) ýuridik we fiziki şahslaryň başga hereketleri netijesinde.

 

5-nji madda. Hukuklaryň amala aşyrylmagy we borçlaryň ýerine ýetirilmegi

 

Şu Kodeksde göz öňünde tutulan hukuklar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen goralýar.

Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar hukuklaryny amala aşyran we borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyny beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini kemsitmän berjaý etmelidirler.

 

6-njy madda. Hukuklaryň goralmagy

 

Şu Kodeksde göz öňünde tutulan hukuklar taraplaryň ylalaşmagy esasynda, kazyýet, araçy kazyýet ýa-da bitarap kazyýet tarapyndan şu aşakdakylar arkaly goralýar:

1) hukuklary ykrar etmek;

2) hukugyň bozulmagyndan ozal dowam edip gelen ýagdaýy dikeltmek hem-de hukugy bozýan ýa-da ony bozmaga getirip biljek hereketleriň öňüni almak;

3) borçlary bolmalysy ýaly (naturada) ýerine ýetirmäge mejbur etmek;

4) temmi puluny töletmek;

5) ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmak;

6) hukuk gatnaşyklaryny bes etmek ýa-da üýtgetmek;

7) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän kadalaşdyryjy namasyny hakyky däl diýip hasap etmek;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki usullar bilen.

Raýatlaryň şu Kodeksiň 12-15-nji maddalarynda göz öňünde tutulan hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edilen döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýa-da kazyýet tarapyndan goralýar.

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatdaky hukuklarynyň goralmagy şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk  namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

7-nji madda. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy we ony üpjün etmegiň esaslary

 

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy aşakdakylar arkaly üpjün edilýär:

1) ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak, adamyň ýaşaýan gurşawyny hem-de onuň ýaşaýyş şertlerini sagdynlaşdyrmak baradaky döwlet, sebit we belli maksada gönükdirilen maksatnamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek;

2) raýatlaryň öz saglygyny goramaga hukugyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem şol hukugynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen guramaçylyk, hukuk we kanunçylyk häsiýetli çäreleriň toplumyny amala aşyrmak;

3) durmuş-gigiýena monitoringini geçirmek;

4) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda ylmy barlaglary geçirmek;

5) ýokanç keselleriň, köpçülikleýin ýokanç däl keselleriň (zäherlenmeleriň) ýüze çykmagy, ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýy we geçirilýän epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäreler barada ilaty öz wagtynda habarly etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek;

6) ýokanç keselleriň tiz ýaýramagynyň öňüni almak we ýok etmek üçin epidemiýa garşy gaznany döretmek;

7) Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagyny üpjün etmek;

8) sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň bozulandygy üçin jogapkärçilik çärelerini kesgitlemek;

9) ilatyň aňynda ýokary sanitariýa medeniýetini terbiýelemek we ony öwretmek, sagdyn ýaşaýyş düzgünini ündemek;

10) döwlet tarapyndan sanitariýa-epidemiologiýa taýdan kadalaşdyrmak;

11) ýuridik we fiziki şahslaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça hukuklaryny hem-de borçlaryny bellemek;

12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sanitariýa talaplarynyň berjaý edilişine, şeýle hem sanitariýa-gigiýena, epidemiýa garşy-sanitariýa hem-de radiasiýa garşy çäreleriň geçirilişine döwlet we pudak sanitariýa gözegçilik barlagynyň, önümçilik we jemgyýetçilik sanitariýa gözegçiliginiň ulgamy;

13) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyny berjaý etmek;

14) ýuridik we fiziki şahslaryň öz işleriniň aýrylmaz bölegi hökmünde gigiýena çärelerini we epidemiýa garşy çäreleri geçirmekleri, şeýle hem sanitariýa düzgünlerini, kadalaryny we gigiýena normatiwlerini berjaý etmekleri.

 

II BÖLÜM. ILATYŇ SANITARIÝA-EPIDEMIOLOGIÝA TAÝDAN ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BABATYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

8-nji madda. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar

 

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, şeýle hem öz ygtyýarlygynyň çäklerinde ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

9-njy madda. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek;

2) döwlet tarapyndan dolandyrmagyň bir bitewi ulgamyny döretmek we onuň işlemegini üpjün etmek;

3) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

4) döwlet maksatnamalary we belli maksada gönükdirilen maksatnamalaryny tassyklamak we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

5) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça düzgünleri ylalaşmak;

6) döwletiň çäginde çäklendiriji çäreleri girizmek we ýatyrmak;

7) Türkmenistanyň bütin çäginde sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýynyň gözegçiligini amala aşyrmak;

8) himiki, biologik we radioaktiw maddalaryň döwlet sanawlaryny ýöretmegiň tertibini bellemek;

9) adamlaryň jany we saglygy üçin howply bolan çäklerde ilatyň ýaşamagyny, oba hojalygyny hem-de başga hojalyk işini alyp barmagyň tertibini kesgitlemek;

10) ilata sanitariýa-epidemiologiýanyň ýagdaýy we sanitariýa-epidemiologiýa taýdan howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreler hakynda habar bermek;

11) beýleki döwletler bilen ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak;

12) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda başga ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

 

10-njy madda. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, şeýle-de onuň edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

1. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda Türkmеnistаnyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlеt arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrmak;

2) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmäge gatnaşmak;

3) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmegiň meselelerini döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň garamagyna girizmek;

4) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly döwlet we belli maksada gönükdirilen maksatnamalary işläp düzmek we olaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek;

5) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatynda hasabaty we statistikany ýöretmek;

6) taslamalaşdyrmagyň kadalaryny, döwlet standartlaryny, şol sanda iýmit önümleriniň, iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallaryň we önümleriň kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryny ylalaşmak;

7) gigiýena normatiwlerini we gözegçiligiň usullaryny tassyklamak;

8) täze himiki maddalary, enjamlary, prosesleri, polimer, plastik we beýleki himiki maddalary ulanmaga rugsatnamalaryň berilmegini ylalaşmagyň hem-de olary bermegiň tertibini bellemek;

9) täze himiki maddalaryň, enjamlaryň, prosesleriň, polimer, plastik we beýleki himiki maddalaryň kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryny ylalaşmak we ulanmaga rugsatnamalary bermek;

10) iýmit önümleriniň, iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallaryň we önümleriň hiline we howpsuzlygyna döwlet gözegçilik barlagyny, şeýle hem olary döwlet tarapyndan hasaba almagy we güwälendirmegi amala aşyrmak;

11) iýmit önümleri, oba hojalyk ösümlikleriniň we haýwanlarynyň ösüşiniň stimulýatorlary, ösümlikleri goramagyň himiki serişdeleri öndürilende hem-de işlenilende anyk serişdeleri hem-de usullary ulanmagy ylalaşmak we rugsatnamalary bermek;

12) mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän, orta mekdeplerde hem-de başlangyç we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan çagalaryň okuw maksatnamalaryny, okuw-zähmet sagatlarynyň möçberini, okuw sapaklarynyň mysaly düzgünini ylalaşmak;

13) durmuş-gigiýena monitoringiniň geçirilmegini guramak;

14) pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň işini utgaşdyrmak;

15) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda beýleki döwlet gözegçilik edaralary bilen arkalaşykly hereket etmek;

16) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygynyň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň işiniň ylmy taýdan üpjün edilmegini utgaşdyrmak;

17) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygyny ýerine ýetirmek;

18) ýokanç, parazitar keselleriň we iýmitden zäherlenmeleriň öňüni almak hem-de ýok etmek boýunça sanitariýa-gigiýena we epidemiýa garşy-sanitariýa çärelerini guramak we geçirmek;

19) Türkmenistanyň çägini karantin infeksiýalaryň getirilmeginden we olaryň ýaýramagyndan, ilatyň saglygy üçin zyýanly iýmit önümleriniň hem-de sarp edilýän zatlaryň getirilmeginden sanitariýa taýdan goramak;

20) döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän agyz suwunyň ulanylyşyna we öndürilişine gözegçilik etmek;

21) sagdyn ýaşaýyş düzgünini kemala getirmek boýunça gigiýena bilimlerini wagyz etmek;

22) sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň geçirilmegini guramak;

23) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ygtyýarlygyna girýän başga meseleleri çözmek.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary degişli çäkde:

1) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň berjaý edilişine, sanitariýa-gigiýena, epidemiýa garşy-sanitariýa we radiasiýa garşy çäreleriň ýerine ýetirilişine döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny we gözegçiligi amala aşyrýarlar;

2) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa  taýdan abadançylygyny üpjün  etmek boýunça meseleleri ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň garamagyna hödürleýärler;

3) ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ilatyň  sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, çözgütleriniň taslamalaryny işläp düzmäge gatnaşýarlar;

4) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa  taýdan abadançylygyny üpjün  etmek boýunça sebit we belli maksada gönükdirilen maksatnamalary işläp düzmäge gatnaşýarlar we olaryň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýarlar;

5) pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň işini utgaşdyrýarlar;

6) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda beýleki döwlet gözegçilik edaralary bilen arkalaşykly hereket edýärler;

7) durmuş-gigiýena monitoringini geçirýärler;

8) ýokanç we parazitar keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça çäreleriň geçirilmegini guraýarlar;

9) iýmit önümleriniň, iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallaryň we önümleriň hiline we howpsuzlygyna döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar;

10) önümiň aýry-aýry görnüşlerini, iýmit önümlerini, iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallary we önümleri güwälendirmegi amala aşyrýarlar;

11) sanitariýa düzgünlerine laýyk gelmeýän ýa-da sanitariýa-epidemiologiýa netijenamasy bolmadyk önümiň, şol sanda azyklyk çig malyň we iýmit önümleriniň ýerlenilmegini bes etmek boýunça çäreleri görýärler;

12) ýokanç keselli näsaglar bilen galtaşykda bolan raýatlary barlaghana barlaglaryndan geçirýärler;

13) ýokanç keselleriň ojaklarynda, şeýle hem ýokanç keselleriň döremegi we ýaýramagy üçin şertler bar bolan we saklanyp galan çäklerde ýa-da jaýlarda dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa işlerini geçirýärler;

14) öz işine degişli başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

11-nji madda. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda ygtyýarlyklary

 

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýuridik we fiziki şahslaryň toplumlaýyn sanitariýa-gigiýena we epidemiýa garşy-sanitariýa çärelerini geçirmek boýunça alyp barýan işine, Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyny berjaý edişine gözegçilik etmek, şeýle hem olaryň işini utgaşdyrmak;

2) degişli çäkde sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýynyň gözegçiligini, gözegçilik barlagyny we monitoringini amala aşyrmak;

3) sebit maksatnamalaryny işläp düzmek we tassyklamak;

4) döwlet, sebit we belli maksada gönükdirilen maksatnamalary ýerine ýetirmek we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

5) degişli çäkde ýokanç keselleriň epidemiýalarynyň, adamlaryň köpçülikleýin kesellemeginiň we zäherlenmeginiň öňüni almak hem-de olary ýok etmek boýunça operatiw çäreleri guramak;

6) degişli çäkde hukuk, guramaçylyk, inžener-tehniki, sanitariýa-gigiýena, lukmançylyk-öňüni alyş, terbiýeçilik, umumy bilim beriş häsiýetli çäreler toplumyny geçirmek;

7) degişli çäkde ýokanç keselleriň epidemiýalary, adamlaryň köpçülikleýin kesellemegi we zäherlenmegi ýüze çykan mahalynda çäklendiriji çäreleri ýa-da karantini girizmek hem-de ýatyrmak hakynda çözgütler kabul etmek;

8) raýatlaryň hukuklarynyň we jemgyýetiň bähbitleriniň durmuşa geçirilmegi hem-de goralmagy üçin şertleri üpjün etmek;

9) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýuridik we fiziki şahslaryň daşky gurşawyň faktorlarynyň adam organizmine zyýanly täsir etmeginiň öňüni almaga we ýok etmäge, keselleriň  öňüni almaga, adamlaryň zähmetiniň we durmuşynyň gigiýena taýdan şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen işini höweslendirmek syýasatyny alyp barmak;

10) epidemiýalary we adamyň jany we saglygy üçin howply bolan beýleki adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin maddy ätiýaçlyk gorlaryny we beýleki gorlary döretmek;

11) öz işine degişli başga ygtyýarlyklary amala aşyrmak.

 

III BÖLÜM. DÖWLET HÄKIMIÝET WE DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ, ÝERLI ÝERINE ÝETIRIJI HÄKIMIÝET WE ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ, ÝURIDIK WE FIZIKI ŞAHSLARYŇ ILATYŇ SANITARIÝA-EPIDEMIOLOGIÝA TAÝDAN ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA HUKUKLARY

WE BORÇLARY

 

I bap. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki

şahslaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny  üpjün etmek boýunça hukuklary

 

12-nji madda. Raýatlaryň amatly daşky gurşawa bolan hukugy     

 

Türkmenistanyň her bir raýatynyň häzirki we geljekki nesilleriň saglyk ýagdaýyna zyýanly täsir etmeýän hem-de olaryň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün edýän amatly daşky gurşawa hukugy bardyr.

 

13-nji madda. Durmuşa geçirilmegi ilatyň saglygyna we daşky gurşawa täsir etmegi bilen baglanyşykly çözgütleriň taýýarlanmagyna raýatlaryň gatnaşmaga bolan hukugy

 

Türkmenistanyň her bir raýatynyň edaralar hem-de wezipeli adamlar tarapyndan kollegial we ýekelikde kabul edilýän, durmuşa geçirilmegi ilatyň saglygyna we daşky gurşawa täsir etmegi bilen baglanyşykly çözgütleriň taýýarlanmagyna, olary ýerine ýetirmäge hem-de gözegçilik etmäge gös-göni ýa-da öz wekiliniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň üsti bilen ýa-da başga usul bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.

 

14-nji madda. Raýatlaryň öz janyna we saglygyna ýetirilen zeperiň öweziniň dolunmagyna bolan hukugy

 

1. Türkmenistanyň her bir raýatynyň daşky gurşawyň faktorlarynyň täsir etmegi (himiki, fiziki, biologik we beýleki görnüşleri), satyn alnan (ulanylýan) önümçilik-tehniki we durmuş maksatly önümler, iýmit önümleri, agyz suwy bilen öz janyna we saglygyna ýetirilen zeperiň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.

2. Raýatlaryň janyna we saglygyna daşky gurşawyň faktorlarynyň, satyn alnan  önümçilik-tehniki we durmuş maksatly önümleriň, iýmit önümleriniň, agyz suwunyň täsir etmeginden ýeten zeperiň öwezini dolmagyň görnüşleri, möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

 

15-nji madda. Raýatlaryň maglumat almaga hukugy

 

Türkmenistanyň her bir raýatynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gös-göni ýa-da öz wekiliniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen aşakdakylar barada mugt dogry maglumat almaga hukugy bardyr:

1) keselleýjilik, epidemiologiýa ýagdaýy we radiasiýa ýagdaýy, daşky gurşawyň ýagdaýy we onuň ilatyň saglygyna täsiri;

2) geçirilen sanitariýa-gigiýena ýa-da beýleki ýörite bilermenler seljermesiniň netijeleri, sanitariýa kadalary, düzgünleri hem-de gigiýena normatiwleri,

şeýle maglumatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syryna degişli edilen halatlary muňa girmeýär.

 

16-njy madda. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça hukuklary

 

Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň:

1) degişli döwlet edaralaryndan sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýy, daşky gurşawyň ýagdaýy, ilatyň keselleýjiligi, sanitariýa kadalary, düzgünleri hem-de gigiýena normatiwleri baradaky maglumaty, şol sanda şertnama esasynda almaga, şeýle maglumatyň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen döwlet, gulluk ýa-da täjirçilik syryna degişli edilen halatlary muňa girmeýär;

2) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çözgütleri, maksatnamalary işläp düzmäge, gatnaşmaga hukugy bardyr.

 

II bap. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine

ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik

we fiziki şahslaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça borçlary

 

17-nji madda. Raýatlaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça borçlary

 

Türkmenistanyň raýatlary ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda aşakdakylara borçludyrlar:

1) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň, şeýle hem döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň kararlarynyň, teklipnamalarynyň we netijenamalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge;

2) öz çagalarynyň saglygy, gigiýena terbiýesi we okamagy barada alada etmäge;

3) beýleki raýatlaryň saglygyny goramaga we amatly ýaşaýyş gurşawyna bolan hukuklarynyň bozulmagyna getirýän hereketleri amala aşyrmazlyga.

 

18-nji madda. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki       şahslaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça borçlary

 

Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar aşakdakylara borçludyrlar:

1) tassyklanan sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmäge;

2) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge, keselleýjiligiň öňüni almaga we azaldylmagyna, daşky gurşawy gorap saklamaga, gowulandyrmaga we dikeltmäge gönükdirilen sanitariýa-gigiýena çärelerini, epidemiýa garşy-sanitariýa hem-de radiasiýa garşy çäreleri geçirmäge;

3) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň kararlarynyň, teklipnamalarynyň we netijenamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

4) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralara sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýy barada dogry hem doly maglumat bermäge;

5) önümiň täze görnüşleriniň we olary öndürmegiň tehnologiýalarynyň adam üçin howpsuzlygyna, ýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň howpsuzlygynyň we (ýa-da) zyýansyzlygynyň ölçeglerine esaslandyrma bermäge hem-de ol faktorlara gözegçilik etmegiň usullaryny işläp düzmäge;

6) özlerinde resmi taýdan çap edilen sanitariýa düzgünleriniň, ýaşaýyş gurşawynyň faktorlaryna gözegçilik etmegiň usullarynyň we usulyýetleriniň bolmagyna;

7) häzirki zaman maddy-tehniki binýady, bedenterbiýe-sport edaralaryny, sagaldyş toplumlaryny, medeniýet we bilim edaralaryny, saglyk merkezlerini, syýahatçylyk we sport bazalaryny, sanatoriý-profilaktorileri hem-de ilatyň dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin niýetlenen beýleki edaralary gurmak, durkuny täzelemek hem-de ösdürmek arkaly sagdyn ýaşaýyş düzgünini kemala getirmek üçin zerur şertleri döretmäge;

8) işgärleriň gigiýena okuwyny üpjün etmäge.

 

19-njy madda. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň,                ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň raýatlaryň saglygynyň goralmagyna, amatly daşky gurşawa we maglumat almaga hukuklaryny üpjün etmek boýunça borçlary

 

Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar raýatlaryň saglygynyň goralmagyna, amatly daşky gurşawa we   maglumat almaga bolan hukuklaryny üpjün etmek boýunça aşakdakylara borçludyrlar:

1) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň hem-de bellenen sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilmegini üpjün etmäge, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge;

2) öz işini işgärleriň we ilatyň saglygyny goramak ýa-da gowulandyrmak maksady bilen we daşky gurşawyň adama ýaramsyz täsiriniň öňüni almak boýunça ähli çäreleri üpjün etmek bilen amala aşyrmaga;

3) işler ýerine ýetirilende, hyzmatlar edilende, şeýle hem önüm öndürilende, daşalanda, saklananda we ýerlenende, şol sanda barlaghana barlaglaryny we synaglaryny geçirmek arkaly sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilişine önümçilik gözegçiligini amala aşyrmaga;

4) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyna howp salýan awariýa ýagdaýlary, önümçiligiň togtadylmalary, tehnologiýa işleriniň bozulmalary barada Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen tertipde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralaryna  öz wagtynda habar bermäge;

5) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň kararlarynyň, teklipnamalarynyň, netijenamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge;

6) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyny hem-de sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmekde zähmetkeşler toparlarynyň we aýry-aýry işgärleriň gyzyklanmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maddy höweslendiriş çärelerini ulanmaga;

7) ilata gigiýena bilimlerini wagyz etmäge, adamlaryň sanitariýa medeniýetini ýokarlandyrmaga we olaryň sagdyn ýaşaýyş düzgünine eýerip ýaşamagyna gönükdirilen gigiýena taýdan bilim we terbiýe bermegi amala aşyrmaga;

8) degişli döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň durmuşa geçirilmegi ilatyň saglygynyň goralmagy we amatly daşky gurşawyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly çözgütleriniň taýýarlanmagyna, ýerine ýetirilişine we oňa gözegçilik etmegiň raýatlaryň gatnaşmagy üçin şertleri üpjün etmäge;

9) raýatlaryň şu Kodeksiň 12-15-nji maddalarynda göz öňünde tutulan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge.

 

20-nji madda. Işleriň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak,      önümleri (işleri, hyzmatlary) güwälendirmek we önümleri döwlet tarapyndan hasaba almak babatdaky borçlar

 

Ýuridik we fiziki şahslar ygtyýarlylandyrylmaga, önümiň (işleriň, hyzmatlaryň) güwälendirilmegine we önümiň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyna degişli işleriň we hyzmatlaryň görnüşlerini, sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplaryny berjaý etmek bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmaga borçludyrlar.

 

21-nji madda. Kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary işläp düzýänleriň borçlary

 

Kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary işläp düzýänler şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) çig malyň, materiallaryň, maddalaryň, önümleriň we başga önümiň täze görnüşleri, olary taýýarlamagyň tehnologiýasy üçin kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmanyna ylalaşmak üçin bermäge;

2) lukmançylyk immunobiologik preparatlar üçin kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine we Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmanyna tassyklatmak üçin bermäge;

3) çig malyň, materiallaryň, maddalaryň, önümleriň we başga önümiň täze görnüşleri, olary taýýarlamagyň tehnologiýalary ornaşdyrylmazdan öň, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen normatiwler boýunça taslamalaryň, şeýle hem olara gözegçilik etmegiň usullarynyň işlenip düzülmegini üpjün etmäge hem-de Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmanyna tassyklatmak üçin bermäge;

4) sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplaryny täzeden seredilýän we işlenip düzülýän standartlara, tehniki şertlere, gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine we beýleki kadalaşdyryjy-tehniki resminamalara girizmäge;

5) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralara maddalaryň, materiallaryň we önümiň häsiýetleriniň, olary öndürmegiň tehnologiýasynyň howpsuzlygynyň sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplaryna laýyklygyna hemme taraplaýyn baha berilmeginiň we sanitariýa-gigiýena we epidemiýa garşy-sanitariýa çäreleriniň geçirilmeginiň esaslandyrylmagy üçin zerur bolan maglumatlary bermäge.

 

22-nji madda. Taslamalaşdyryş we gurluşyk işleri geçirilen  mahalyndaky borçlar

 

1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar çäkleri ösdürmegiň şähergurluşyk meýilleşdirilmeginiň çyzgylary, şäher we oba ilatly nokatlarynyň baş meýilnamalary, jemgyýetcilik merkezleriniň, ýaşalýan ýerleriň, şäherleriň magistrallarynyň (köçeleriniň) meýilnamalaşdyryş taslamalary taslamalaşdyrylanda, raýat, senagat we oba hojalyk maksatly obýektleri ýerleşdirmek we olaryň sanitariýa gorag zolaklaryny bellemek, gurluşyk üçin (şol sanda hususy) ýer böleklerini saýlamak meseleleri çözülende, şeýle hem senagat we ulag obýektleri, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar, ýaşaýyş jaýlary, inženerçilik infragurluş we abadanlaşdyryş obýektleri gurlanda, durky täzelenende, döwrebaplaşdyrylanda, tehnika bilen täzeden enjamlaşdyrylanda, konserwirlenende we ýok edilende hem-de ilatly nokatlar, kurortlar, oba hojalyk maksatly obýektler we beýleki obýektler abadanlaşdyrylanda we ýerleşdirilende ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen kadalary, düzgünleri hem-de normatiwleri berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Gurluşyk, durky täzeleniş, döwrebaplaşdyryş, tehnika bilen täzeden enjamlaşdyryş işleriniň taslamalaryny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary bilen ylalaşmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

 

23-nji madda. Obýektler ulanmaga berlen mahalyndaky borçlar

 

Buýrujy guramalar (gurujylar), ulanyjy guramalar, baş potratçylar, beýleki guramalar we raýatlar gurluşygy tamamlanan ýa-da durky täzelenen obýektler ulanmaga berlende ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmäge borçludyrlar.

 

24-nji madda. Obýektler ulanmaga kabul edilende wezipeli adamlaryň borçlary

 

Döwlet we iş kabul ediş toparlarynyň başlyklary we agzalary, şol sanda döwlet sanitariýa gözegçilik barlagy edaralarynyň wekilleri gurluşygy tamamlanan ýa-da durky täzelenen obýektleri diňe sanitariýa kadalary, düzgünleri we gigiýena normatiwleri berjaý edilen mahalynda, olar bolmadyk mahalynda bolsa ylalaşylan taslama resminamalaryna laýyklykda ulanmaga kabul etmäge borçludyrlar.

 

25-nji madda. Jaýlaryň, binalaryň, desgalaryň, enjamlaryň,  çäkleriň, ulag serişdeleriniň saklanmagy we  ulanylmagy boýunça borçlar

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar, önümçilik we sanitariýa-durmuş jaýlarynyň, iş orunlarynyň, jemgyýetçilik jaýlarynyň, toplumlaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, tehnologik hem-de gaýry enjamlaryň, çäkleriň, ulag serişdeleriniň sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça talaplar görkezilen beýleki resminamalara laýyklykda saklanylmagyny hem-de ulanylmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.

2. Ýuridik we fiziki şahslar öz işlerini ýa-da aýry-aýry sehleriň, önümçilik ýerleriniň işini, binalaryň, desgalaryň, enjamlaryň, ulagyň ulanylmagyny, işleriň aýratyn görnüşlerini we hyzmatlary, eger işiň agzalan görnüşleri sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň bozulmalary bilen amala aşyrylýan bolsa ýa-da olaryň bozulmagyna getirse, olary duruzmaga ýa-da togtatmaga borçludyrlar.

 

26-njy madda. Ýaşaýyş jaýlaryna göçürmek we olarda ýaşatmak boýunça borçlar

 

1. Ýaşamak üçin ýaşaýyş jaýlaryny berýän döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar şol jaýlara göçülende sanitariýa talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Ýaşaýyş jaýlary öz meýdany, ýerleşişi, ýagtylandyrylyşy, insolýasiýasy, mikroklimaty, howa çalşygy, gohuň, sandyramanyň, ionlaşdyryjy we ionlaşdyryjy däl şöhle saçmanyň derejeleri boýunça, möhletine garamazdan howpsuz we zyýansyz ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek üçin sanitariýa düzgünlerine laýyk gelmelidir.

3. Gigiýena normatiwlerine laýyk gelmeýän ýaşaýyş jaýlaryna adamlaryň göçürilmegine we olarda ýaşamagyna ýol berilmeýär.

4. Ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylyşy we saklanylyşy sanitariýa kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyk gelmelidir.

 

27-nji madda. Şäherleriň, obalaryň we beýleki ilatly nokatlaryň çäkleriniň Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň talaplaryna laýyk saklanylmagy boýunça borçlar

 

1. Şäherleriň, obalaryň we beýleki ilatly nokatlaryň, senagat zolaklarynyň çäkleri sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyk gelmelidir.

2. Sanitariýa kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda şäherleriň, obalaryň we beýleki ilatly nokatlaryň çäklerini saklamagyň tertibi we şertleri ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan bellenilýär.

3. Şäherleriň, obalaryň we beýleki ilatly nokatlaryň, senagat zolaklarynyň we oba hojalyk ýerleriniň topragynda adam üçin howply himiki we biologik maddalaryň, biologik we mikrobiologik organizmleriň düzümi, şeýle hem radiasiýanyň derejesi sanitariýa kadalary we düzgünleri bilen bellenilen aňryçäk ýol berilýän  derejelerden ýokary bolmaly däldir.

4. Önümçilikdäki we gündelik durmuşdaky galyndylary ýygnamagyň, ulanmagyň, zyýansyzlandyrmagyň, daşamagyň, saklamagyň we gömmegiň tertibi we şertleri ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan degişli döwlet gözegçilik barlagy we gözegçilik edaralary bilen ylalaşmak arkaly sanitariýa kadalarynyň we düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda bellenilýär.

 

28-nji madda. Hojalyk-agyz suwy üpjünçiligi we ilatyň medeni-durmuş hajatlary üçin suwdan peýdalanylýan ýerler babatda sanitariýa talaplarynyň berjaý edilmegi boýunça borçlar

 

1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar merkezleşdirilen hojalyk-agyz suwy üpjünçilik ulgamy arkaly berilýän suwuň hiliniň gigiýena talaplaryna hem-de döwlet standartlaryna laýyk bolmagyny, merkezleşdirilmedik tertipde suw bilen üpjün edilende bolsa, şeýle hem suw howdanlarynda, derýalarda, kanallarda we deňziň kenarýaka zolagynda, ilatyň medeni-durmuş hajatlary üçin suwdan peýdalanylýan ýerlerde olaryň degişli sanitariýa düzgünleriniň hem-de kadalarynyň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmäge borçludyrlar. 

2. Şäher we oba ilatly nokatlarynyň ilaty fiziologik we durmuş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ilkinji nobatda ýeterlik möçberdäki hojalyk-agyz suwy bilen üpjün edilmelidir.

3. Suwy peýdalanylýan çeşmeleriň hapalanmagyny aradan aýyrmak we onuň öňüni almak üçin ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan ýörite düzgünli sanitariýa gorag zolaklary bellenilýär.

4. Rekreasiýa maksatlary üçin (suwa düşmek, sport bilen meşgullanmak, dynç almak we beýlekiler) ulanylýan suw obýektleri (suw howdanlary, derýalar, kanallar, deňziň kenarýaka zolaklary) adama zyýanly täsiriň çeşmesi bolmaly däldir.

 

29-njy madda. Ilatly nokatlaryň atmosfera howasyna,  iş zolagynyň hem-de adamlaryň hemişelik  we wagtlaýyn bolýan ýerleriniň howasyna bildirilýän sanitariýa talaplaryny berjaý etmek boýunça borçlar

 

1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar ilatly nokatlaryň, senagat kärhanalarynyň çäkleriniň, şeýle hem önümçilik jaýlarynyň iş zolagynyň, ýaşaýyş we başga jaýlaryň (mundan beýläk – adamlaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerleri) howasynyň zyýanly maddalar bilen hapalanmagynyň, oňa adamyň saglygyna ýaramsyz täsir edýän fiziki faktorlaryň ýetirýän täsiriniň öňüni almaga, olary azaltmaga hem-de aradan aýyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmäge borçludyrlar.

2 Ilatly nokatlaryň, senagat kärhanalarynyň çäkleriniň, adamlaryň hemişelik we wagtlaýyn bolýan ýerlerindäki atmosferanyň howasy sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine laýyk gelmelidir.

3. Himiki, biologik maddalaryň we mikroorganizmleriň howa zyňylmagyna ýol berilýän aňryçäk normatiwleri, sanitariýa-gorag zolaklarynyň taslamalary olaryň sanitariýa kadalaryna laýyk gelýändigi barada sanitariýa-epidemiologiýa netijenamalary bar bolan mahalynda tassyklanylýar.

 

30-njy madda. Daşary ýurtdan satyn alynýan önüm,  çig mal, materiallar we maddalar iberilen, ýerlenen we ulanylan mahalynda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary

 

1. Daşary ýurtdan satyn alynýan iýmit önümleri, çig mal, materiallar, maddalar, önümler we başga önüm, olary taýýarlamagyň tehnologiýalary (tärleri) iberilende, ýerlenende we ulanylanda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanda bellenilen sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Türkmenistanyň çägine ilkinji gezek getirilýän iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet belligine alynmaga degişlidir.

 

31-nji madda. Azyk çig maly we iýmit önümleri öndürilen, daşalan, saklanan hem-de ýerlenen mahalynda ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary

 

Azyk çig maly we iýmit önümleri öndürilende, daşalanda, saklananda hem-de ýerlenende ýuridik we fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) lukmançylyk-biologiýa talaplaryny, sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmäge;

2) täze iýmit goşundylaryny, ýörite goşulýan biologik taýdan aktiw maddalary, azyk çig malyny we iýmit önümlerini öndürýän önümçiligiň täze tehnologiýalaryny, şeýle-de azyk çig maly we iýmit önümleri bilen galtaşýan polimer materiallary hem-de beýleki materiallary, diňe toksikologiýa-gigiýena taýdan baha bermekden geçenden soň hem-de Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmanynyň ýa-da onuň orunbasarynyň rugsat bermegi bilen ulanmaga;

3) täze iýmit goşundylaryny, ýörite goşulýan biologik taýdan aktiw maddalary, azyk çig malyny we iýmit önümlerini diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet belligine alnandan soň öndürmäge, ulanmaga we ýerlemäge.

 

32-nji madda. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň,  ýuridik we fiziki şahslaryň ilatyň iýmitlenmeginiň guralmagyna bildirilýän sanitariýa-epidemiologiýa talaplaryny berjaý etmek boýunça borçlary

 

1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar ýörite enjamlaşdyrylan ýerlerde (naharhanalarda, restoranlarda, kafelerde, barlarda we beýlekilerde) ilatyň iýmitlenmegini guran, şol sanda iýmit önümlerini we içgileri taýýarlan, olary saklan we ilata ýerlän mahalynda ýokanç keselleriň we köpçülikleýin ýokanç däl keselleriň (zäherlenmeleriň) döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin sanitariýa düzgünleriniň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Ilatyň ýaşaýşynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýän durmuş derejesiniň iň pes durmuş standartlary kesgitlenende adamyň iýmitlenmeginiň fiziologik kadalyk ölçegleri göz öňünde tutulmalydyr.

3. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda we umumy bilim berýän başga edaralarda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda, sagaldyş edaralarynda hem-de durmuş goragynyň edaralarynda, harby gullukdakylara goýberilýän iýmit önümleriniň möçberleri bellenende, şeýle hem derňew gabawhanalarynda saklanýanlara ýa-da düzediş edaralarynda temmi alýanlara goýberilýän iýmit önümleriniň möçberleri bellenende adamyň iýmitlenmeginiň ylmy taýdan esaslandyrylan fiziologik kadalyk ölçegleri berjaý edilmelidir.

4. Jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda hyzmat edýän şahslar sanitariýa düzgünleriniň we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilmegine jogapkärçilik çekýärler.

 

33-nji madda. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň,  ýuridik we fiziki şahslaryň önümçilik-tehniki maksatly önüme, hususy we durmuş hajatlary      üçin ulanylýan harytlara we olaryň öndüriliş tehnologiýalaryna bildirilýän      sanitariýa-epidemiologiýa talaplaryny berjaý etmek boýunça borçlary

 

1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) önümiň sanitariýa kadalarynyň talaplaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine laýyk gelmegini üpjün etmäge;

2) önümiň (ilkinji işlenip taýýarlanylýan ýa-da ornaşdyrylýan) täze görnüşlerini öndürmegi, ulanmagy (peýdalanmagy) we ilata satmagy, önüm öndürmegiň täze tehnologiýa tärlerini ornaşdyrmagy olaryň sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine laýyk gelýändigi hakynda sanitariýa-epidemiologiýa netijenamalary bar bolan mahalynda amala aşyrmaga;

3) sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena  normatiwleriniň talaplaryna laýyk gelmeýändigi anyklanan halatynda önümi işläp taýýarlamak, öndürmek, daşamak, getirmek, saklamak we ýerlemek boýunça işleri togtatmaga, önümi dolanyşykdan aýyrmaga we başga maksatlar üçin ulanylmagy ýa-da ýok edilmegi üçin çäreleri görmäge.

2. Öndürilende, daşalanda, saklananda, ulanylanda (peýdalanylanda) we başga maksatlar üçin ulanylanda adamyň gönüden-göni gatnaşmagy talap edilýän önümçilik-tehniki maksatly önüm, şeýle hem raýatlaryň hususy we durmuş hajatlary üçin ulanýan harytlary (mundan beýläk – önüm) adama we ýaşaýan gurşawyna zyýanly täsirini ýetirmeli däldir.

 

34-nji madda. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ýuridik we fiziki      şahslaryň terbiýe bermegiň, okatmagyň we önümçilik tejribesiniň şertlerini berjaý etmek boýunça borçlary

 

Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar aşakdakylara borçludyrlar:

1) mekdebe çenli çagalar edaralarynda we sagaldyş edaralarynda, orta mekdeplerde, başlangyç we orta hünär bilim edaralarynda, başga edaralarda we kärhanalarda terbiýe bermegiň we okatmagyň şertlerini düzgünleşdirýän kadalaryň, düzgünleriň we normatiwleriň, şol sanda terbiýe bermegiň önümçilik tejribesiniň maksatnamalarynyň, meýilnamalarynyň we düzgünleriniň, sanitariýa-gigiýena we epidemiýa garşy düzgüniň, radiasiýa howpsuzlygynyň talaplarynyň hem-de çagalaryň we ýetginjekleriň iýmitleniş we zähmet şertleri, sanitariýa-durmuş üpjünçiligi we dynç alşy boýunça Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmäge;

2) mekdebe çenli çagalar edaralarynda we sagaldyş edaralarynda, orta mekdeplerde, başlangyç we orta hünär okuw mekdeplerinde we beýleki edaralarda çagalary we ýetginjekleri okatmak we olara terbiýe bermek boýunça işleri hem-de tehniki, audiowizual we okatmagyň we terbiýe bermegiň beýleki serişdelerini, mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary üçin mebelleri, şeýle hem okuw kitaplaryny we beýleki çaphana önümlerini ulanmagy sanitariýa-epidemiologiýa netijenamalary bar bolan mahalynda amala aşyrmaga.

 

35-nji madda. Ýuridik we fiziki şahslaryň himiki maddalary, biologik serişdeleri we materiallary öndürmek, saklamak, ýerlemek, ulanmak, galyndysyny gaýtadan işläp   peýdalanmak, zyýansyzlandyrmak we  gömmek boýunça borçlary        

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar himiki maddalar, biologik serişdeler we materiallar öndürilen, saklanan, ýerlenen, ulanylan, galyndysy gaýtadan işlenip peýdalanylan, zyýansyzlandyrylan we gömülen mahalynda sanitariýa kadalaryny, standartlary hem-de ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Adam üçin howp döredip biljek himiki, biologik maddalaryň we önümleriň aýratyn görnüşleriniň Türkmenistanyň çägine getirilmegine, öndürilmegine, daşalmagyna, saklanylmagyna, ýerlenilmegine we ulanylmagyna olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde döwlet tarapyndan hasaba alnandan soň ýol berilýär.

 

36-njy madda. Ýuridik we fiziki şahslaryň adama täsir edýän fiziki faktorlaryň çeşmeleri bilen işlemegiň şertlerine bildirilýän sanitariýa-epidemiologiýa talaplaryny berjaý etmek boýunça borçlary

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar şulara borçludyrlar:

1) adama täsir edýän fiziki faktorlaryň çeşmesi bolan (goh, sandyrama, ultrases, infrases täsirleri, ýylylyk, ionlaşdyryjy, ionlaşdyryjy däl we beýleki şöhle saçmalar) ulaglar, mehanizmler, gurnawlar, enjamlar, apparatlar bilen işlenende sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplaryna laýyklykda adama zyýanly täsir etmeýän  iş şertlerini üpjün etmäge;

2) ulaglary, mehanizmleri, gurnawlary, enjamlary we apparatlary ulanmagy, şeýle hem adama täsir edýän fiziki faktorlaryň çeşmesi bolan radioaktiw maddalary, materiallary we galyndylary öndürmegi, ulanmagy (peýdalanmagy), daşamagy, saklamagy we gömmegi sanitariýa epidemiologiýa netijenamalary bolan mahalynda amala aşyrmaga.

2. Adama täsir edýän fiziki faktorlaryň çeşmeleri bilen işiň şertleriniň howpsuzlygynyň ölçegleri, şol sanda täsir edişiň aňryçäk ýol berilýän derejeleri sanitariýa düzgünleri bilen bellenilýär.

 

37-nji madda. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça borçlar

 

1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar radiasiýa howpsuzlygynyň kadalaryny hem-de radioaktiw maddalar we ionlaşdyryjy şöhle saçmalaryň beýleki çeşmeleri bilen işlemegiň sanitariýa düzgünlerini, şeýle hem radioaktiw maddalar we ionlaşdyryjy şöhle saçmalaryň beýleki çeşmeleri agtarylyp tapylan, alnan, taýýarlanan, ulanylan, gaýtadan işlenilen, daşalan, saklanan, galyndysy gaýtadan işlenilen we gömülen mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça talaplary berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Ionlaşdyryjy şöhle saçmalaryň çeşmeleri bilen işlemegiň şertleriniň howpsuzlyk ölçegleri, şol sanda täsir edişiň aňryçäk ýol berilýän derejeleri sanitariýa düzgünleri bilen bellenilýär.

3. Ýuridik we fiziki şahslar radioaktiw maddalar we ionlaşdyryjy şöhle saçmalaryň çeşmeleri bolan enjamlar (enjamlar, gurnawlar, apparatlar) bilen işlemegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli döwlet gözegçilik barlagy we gözegçilik edaralary tarapyndan berlen degişli resminamalary bar bolan mahalynda amala aşyrmaga borçludyrlar.

4. Radiasiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň hem-de radioaktiw maddalar bilen ionlaşdyryjy şöhle saçmalaryň beýleki çeşmeleri bilen işlemegiň sanitariýa düzgünleriniň bozulmagynyň ähli halatlary döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň hökman gatnaşmagynda ýörite garalmaga degişlidir.

 

38-nji madda. Lukmançylyk gözegçiliginden geçmek borjy

 

1. Ilatyň saglygyny goramak, ýokanç, parazitar keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, kesp-käre degişli (professional) keselleriň we zäherlenmeleriň, betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak, zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň işgärleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda deslapky (işe girenlerinde) hem-de wagtal-wagtal (işiň barşynda) lukmançylyk gözegçiliginden geçmelidirler.

2. Amatsyz zähmet şertleri bolan işleriň hem-de ýerine ýetirilen mahalynda deslapky we döwürleýin lukmançylyk gözegçiligi geçirilýän işleriň sanawy we olary geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.

 

39-njy madda. Keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň  öňüni almak boýunça borçlar

 

1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar ýokanç keselleriň, şol sanda radiasiýa hadysasynyň täsiri sebäp bolan keselleriň döremeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak, şeýle hem ýüze çykan halatynda olary ýok etmek baradaky çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.

2. Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin raýatlara inçekesele, ysmaz, hörezek (difteriýa), gökbogma, gyzamyk, gyzylja, wirusly gepatit we bürmek kesellerine we başga ýokanç kesellere garşy hökmany mugt sanjym geçirilýär. Sanjym geçirmegiň tertibini, möhletlerini we ilatyň sanjyma degişli toparyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy kesgitleýär.

Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmagyň tejribesini kämilleşdirmek maksady bilen wagtal-wagtal täze waksinalary öwrenmek we ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

3. Türkmenistana getirilen hemme waksina we immunobiologik serişdeler howa gämisinden düşürilýär we gümrük gözegçiligi geçirilenden soň, olaryň mundan beýläk saklanylýan ýerine daşalýar, zerur gümrük we beýleki resminamalary soňundan resmileşdirilýär.

4. Adamlaryň ýokanç, parazitar, toparlaýyn ýokanç däl keselleriniň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň, zäherlenmeginiň howpy dörän mahalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň baş döwlet sanitariýa lukmanlary özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde degişli çäklerde ýa-da obýektlerde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde: zähmetiň, okuwyň, ondan-oňa gitmegiň we daşamagyň aýratyn şertlerini hem-de düzgünini girizýärler, zerur bolan mahalynda bolsa, şol keselleriň döremeginiň, ýaýramagynyň öňüni almaga hem-de olary ýok etmäge gönükdirilen dezinfeksiýa, dezaktiwasiýa we başga işler geçirilýär.

5. Ýuridik şahslaryň we raýatlaryň, köpçülikleýin kesellemegiň hem-de adamlaryň zäherlenmeginiň öňüni almak we ýok etmek boýunça alyp barýan işine operatiw ýolbaşçylyk etmek hem-de ony utgaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan epidemiýa garşy göreşýän adatdan daşary toparlar döredilýär.

6. Ýokanç keselli näsaglar, şeýle keseli bardyr öýdülýän, ýokanç keselliler bilen galtaşykda bolan we ýokanç keselleri döredijileri özünde saklaýan raýatlar barlaghana barlagyndan hem-de lukmançylyk gözegçiliginden geçirilmelidir, zerur bolan mahalynda bolsa – bejerilmelidir, hökman hassahana ýerleşdirilmelidir hem-de özgelerden aýry saklanmalydyr (karantin).

Ýokanç keselleri döredijileri özünde saklaýan raýatlar mugt bejerilmelidir. Bu raýatlar eger özleriniň işleýän ýa-da işi ýerine ýetirýän önümçiliginiň aýratynlygy bilen baglanyşykly ýokanç keselleri ýaýratmagyň öýjügi bolup biljek bolsalar, onda olaryň razylygy bilen olar wagtlaýyn başga işe geçirilýär, başga işe geçirmek mümkin bolmasa, sagalýançalar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kömek puluny tölemek bilen işden wagtlaýyn çetleşdirilýär.

7. Ýokanç keseller we toparlaýyn ýokanç däl keseller (zäherlenmeler) bilen kesellemegiň ähli ýagdaýlary şeýle keselleriň (zäherlenmeleriň) ýüze çykarylan ýeri boýunça saglygy goraýyş edaralary tarapyndan hasaba alynmaga we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary tarapyndan olar boýunça döwlet hasabynyň we hasabatlylygynyň ýöredilmegine degişlidir.

 

40-njy madda. Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklary we borçlary

 

Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäginde ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistanyň raýatlary ýaly hukuklardan peýdalanýarlar we şolar ýaly borçlary çekýärler.

 

IV BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ARASSAÇYLYK WE KESELLERIŇ ÝAÝRAMAGYNA GARŞY GÖREŞMEK GULLUGY

 

41-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy we onuň edaralary Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik wе fiziki şahslar tarapyndan ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň guralmagyny, utgaşdyrylmagyny, gözegçiligini we ýerine ýetirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrmaga ýörite ygtyýarly edilen aşakdaky edaralarynyň ýokarda durýan edaralaryna tabynlygyndaky bir bitewi ulgamy düzýärler.

Türkmеnistаnyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işiniň guralyşynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

 

42-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň wezipeleri

 

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň wezipeleri ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, sagdyn ýaşaýyş düzgünini kemala getirmek hem-de keselleriň öňüni almak maksady bilen daşky gurşawyň zyýanly hadysalarynyň ilatyň saglygyna täsir etmegini ýüze çykarmakdan, öňüni almakdan we olara ýol bermezlikden ybaratdyr.

 

43-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek   gullugynyň wezipeli adamlary

 

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralaryna ýolbaşçylyk etmek degişlilikde Türkmеnistаnyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasaryna, Döwlеt arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygyna – Türkmеnistаnyň Baş döwlet sanitariýa lukmanyna, onuň orunbasaryna we tabynlygyndaky edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüklenilýär.

 

44-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň maliýeleşdirilmegi

 

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralaryny maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, şeýle hem:

1) ýuridik we fiziki şahslara tölegli hyzmat etmekden  alnan serişdeleriň;

3) ýuridik we fiziki şahslaryň meýletin haýyr-sahawat serişdeleriniň;

4) Türkmеnistаnyň kanunçylygynda gadagan edilmedik ýollar bilen alnan beýleki serişdeleriň, hasabyna amala aşyrylýar.

(2014-nji ýylyň 1-nji martynda girizilen üýtgetmeler bilen – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2014-nji ýyl, №, -nji madda )

 

V BÖLÜM. HASABA ALMAK WE STATISTIKA

 

45-nji madda. Hasaba almagyň we statistikanyň wezipeleri hem-de mazmuny

 

Hasaba almagyň we statistikanyň wezipeleri ilatyň saglygynyň hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyny häsiýetlendirýän statistik maglumatlary toplamakdan, işlemekden, seljermekden ybaratdyr.

Hasaba almagyň we statistikanyň mazmuny aşakdakylardan ybaratdyr:

1) hasabaty düzmegiň esasy hökmündäki  hasaba alyş ulgamyny döretmekden;

2) statistik maglumatlaryň bankyny emele getirmekden;

3) ilatyň sany we düzümi, onuň saglyk ýagdaýy hakyndaky statistik maglumatlara seljerme bermekden;

4) daşky gurşawyň ýagdaýy hakyndaky statistik maglumatlara seljerme bermekden;

5) arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň ulgamy, wezipe birlikleri, işgärleri we işi hakyndaky statistik maglumatlara seljerme bermekden.

 

46-njy madda. Hasaba alşy we statistikany ýöretmegi üpjün etmek

 

Hasaba alşy we statistikany ýöretmek Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanylýan döwlet statistikasynyň görnüşleri boýunça, şeýle hem degişli ministrlikler we pudaklar tarapyndan tassyklanylýan pudaklaýyn hasaba alyş-hasabat beriş görnüşleri boýunça üpjün edilýär.

Ilatyň saglygynyň we daşky gurşawyň ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumatlaryň hasabyny we statistikasyny ýöredýän edaralaryň sanawyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hödürlemegi esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

VI BÖLÜM. ÇAKLAMAK

 

47-nji madda. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny çaklamagyň ulgamy

 

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny çaklamagyň ulgamy durmuş-gigiýena monitoringi esasynda sanitariýa-gigiýena we epidemiýa ýagdaýynyň, ilatyň saglyk ýagdaýynyň üýtgemeginiň meýillerini hem-de onuň kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmagy  göz öňünde tutýar.

 

48-nji madda. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalar hem-de olaryň mazmuny

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi,  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ilatyň hem-de geljekki nesilleriň saglygyny goramak we berkitmek maksady bilen, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet, sebit we belli maksada gönükdirilen maksatnamalary çaklamalar esasynda işläp düzmäge, maliýeleşdirmäge hem-de amala aşyrmaga borçludyrlar.

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalar şu aşakdakylaryň kesgitlenmegini göz öňünde tutýar:

1) esasy ugurlaryň, maksatlaryň, wezipeleriň, garaşylýan netijeleriň;

2) anyk çäreleriň;

3) olary maliýeleşdirmegiň we maddy-tehniki taýdan üpjün etmegiň çeşmeleriniň;

4) ylmy-usulyýet we barlaghanaanalitik üpjünçiliginiň;

5) ýerine ýetiriliş möhletleriniň, jogapkär ýerine ýetirijileriň we gözegçilik ulgamynyň.

 

49-njy madda. Ilatyň sanitarýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek

 

Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalar şu aşakdakylar tarapyndan durmuşa geçirilýär:

1) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;

2) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary;

3) başga ýuridik we fiziki şahslar.

 

VII BÖLÜM. SANITARIÝA-GIGIÝENA TAÝDAN

KADALAŞDYRMAK

 

50-nji madda. Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmagyň wezipeleri

 

Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmagyň wezipeleri aşakdakylardan ybarat:

1) daşky gurşawyň sanitariýa ýagdaýyna baha bermegiň ölçeglerini işläp düzmekden;

2) adamlaryň saglygyna edýän ýaramsyz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, daşky gurşawyň faktorlarynyň toplumlaýyn, şeýle hem aýry-aýry himiki, fiziki ýa-da biologik faktorlarynyň adam organizmine edýän täsiriniň amatly ýa-da ýol berilýän aňrybaş çäklerdäki derejesini kesgitlemekden;

3) hojalyk obýektleriniň işiniň we ulag serişdeleriniň adamlaryň saglygy üçin howpsuz ýa-da zyýansyz bolmagyny üpjün etmek boýunça talaplary bellemekden.

 

51-nji madda. Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmaklyga bildirilýän esasy talaplar

 

Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmak ylmyň, ylmy-tehniki ösüşiň gazanan derejesini nazara almak bilen hem-de hemme taraplaýyn, tejribe, barlaghana we kliniki barlaglar esasynda amala aşyrylýar.

 

52-nji madda. Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmagyň ulgamy

 

Sanitariýa-gigiýena taýdan kadalaşdyrmagyň ulgamy:

1) döwlet sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini;

2) wagtlaýyn sanitariýa kadalaryny we düzgünlerini;

3) pudaklaryň  kadalaşdyryjy-tehniki  resminamalaryny, öz içine alýar.

 

53-nji madda. Sanitariýa kadalary, düzgünleri we gigiýena normatiwleri

 

 Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilmegi hökmanydyr.

 

54-nji madda. Sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini işläp düzmegiň tertibi

 

1. Döwlet gigiýena normatiwleri döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edaralary, ylmy-barlag we beýleki edaralar, ýokary hünärli hünärmenler tarapyndan işlenip düzülýär.

2. Döwlet sanitariýa kadalary we düzgünleri hem-de wagtlaýyn sanitariýa kadalary we düzgünleri çäkdäki anyk sanitariýa-gigiýena we epidemiýa ýagdaýyny nazara almak bilen tassyklanan gigiýena normatiwleri (halkara we döwlet normatiwleri) esasynda işlenip düzülýär.

 

55-nji madda. Sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini tassyklamagyň hem-de olara täzeden seretmegiň tertibi

 

1. Döwlet sanitariýa kadalary we düzgünleri hem-de wagtlaýyn sanitariýa kadalary we düzgünleri Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmany tarapyndan tassyklanylýar.

Döwlet sanitariýa kadalaryna we düzgünlerine täze gigiýena normatiwleriniň girizilişine, sanitariýa-gigiýena we epidemiýa ýagdaýynyň üýtgeýişine görä täzeden seredilýär.

2. Gigiýena normatiwleri tejribe barlaglarynyň teswirnamasyny işläp düzüjileriň teklipnamasy, seljeriji  toparyň delilnamasy we netijenamasy, şeýle hem her bir anyk ýagdaýda zerur bolan beýleki resminamalar boýunça Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmany tarapyndan tassyklanylýar.

Ylmyň we tejribäniň täze maglumatlary peýda bolan mahalynda gigiýena normatiwlerine täzeden seredilýär.

 

56-njy madda. Halkara hem-de döwlet sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň biri-birine gatnaşygy

 

Halkara sanitariýa kadalary, düzgünleri we gigiýena normatiwleri Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmanynyň degişli buýrugy bilen tassyk edilenden soň güýje girýär, şeýle hem döwlet sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine çapraz gelen wagtynda togtadylýar.

 

57-nji madda. Pudaklaryň sanitariýa kadalary we düzgünleri

 

1. Ministrlikler hem-de pudaklar tarapyndan pudaklaryň sanitariýa kadalary we düzgünleri, beýleki kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar işleýän adamlaryň we ilatyň saglygyna daşky gurşawyň faktorlarynyň we obýektleriň ýetirýän zyýanly täsiriniň öňüni almak maksady bilen girizilýär.

Pudaklaryň sanitariýa kadalary we düzgünleri, beýleki kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar döwlet sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine çapraz gelmeli däldirler.

2. Pudaklaryň sanitariýa kadalaryny we düzgünlerini belleýän kadalaşdyryjy namalary döwlet sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena  normatiwlerine laýyk gelmedik mahalynda şol namalary çykaran wezipeli adamlar tarapyndan degişli dolandyryş çäginiň baş sanitariýa lukmanynyň teklipnamasy ýa-da prokuroryň garşylyknamasy esasynda ýa-da kazyýet tertibinde ýatyrylmaga degişlidir.

 

58-nji madda. Sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň çap edilmegi

 

Sanitariýa kadalary, düzgünleri we gigiýena normatiwleri tassyklanan pursadyndan soň üç aý möhlet içinde degişli ministrlikleriň, pudaklaryň we guramalaryň serişdeleriniň hasabyna hökmany çap edilmäge degişlidir.

Sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini tassyklan wezipeli adamlar bir aý möhlet içinde güýje girizilýän kadalaşdyryjy namalar hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine maglumat bermäge borçludyrlar.

 

59-njy madda. Sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmegiň kepillikleri

 

1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň çykarýan namalary Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyna çapraz gelmeli däldir, onuň ýerine ýetirilmegine päsgel bermeli däldir, şeýle hem sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň ulanylmagyny çäklendirmeli däldir ýa-da olary ýatyrmaly däldir.

Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyna çapraz gelýän, sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň ulanylmagyna päsgel berýän, şeýle hem ulanylmagyny çäklendirýän namalary şolary çykaran edara ýa-da ýokarda durýan edara tarapyndan degişli dolandyryş çäginiň baş sanitariýa lukmanynyň teklipnamasy ýa-da prokuroryň garşylyknamasy esasynda, ýa-da kazyýet tertibinde ýatyrylmaga degişlidir.

2. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekilmegine eltýär.

 

VIII BÖLÜM. SANITARIÝA-GIGIÝENA BILERMENLER

SELJERMESI

 

60-njy madda. Sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň wezipeleri

 

Sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1) daşky gurşawyň obýektleriniň sanitariýa-gigiýena we epidemiýa ýagdaýyna hem-de ilatyň saglygyna edip biljek täsirine toplumlaýyn baha bermekden;

2) seljerme geçirilýän obýektleriň hilini ýokarlandyrmakdan we howpsuzlygyny üpjün etmekden;

3) adamlaryň köpçülikleýin ýa-da toparlaýyn kesellemeginiň ýüze çykmagynyň we zäherlenmeginiň sebäplerini hem-de şertlerini tassyk etmekden;

4) daşky gurşawyň obýektleriniň sanitariýa-gigiýena, epidemiýa ýagdaýyna we ilatyň saglygyna zyýanly täsir etmeginiň sebäplerini tassyk etmekden;

5) kadalaşdyryjy taslama resminamalarynyň Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň, sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplaryna laýyk gelmegine baha bermekden;

6) ylmyň we tejribäniň häzirki zaman derejesini nazara almak bilen, hojalyk işiniň ýa-da başga işiň barşynda kabul edilýän çözgütleriň Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň, sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplaryna laýyk gelmegine baha bermekden.

 

61-nji madda. Sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň obýektleri

 

Şu aşakdakylar sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň obýektleri bolup durýarlar:

1) ylmy-tehniki progresiň, durmuş we ykdysady ösüşiň maksatnamalarynyň hem-de taglymatlarynyň taslamalary;

2) öndüriji güýçleri ösdürmegiň we ýerleşdirmegiň ugurlarynyň taslamalary;

3) şäherleriň we obalaryň baş meýilnamalarynyň taslamalary;

4) hojalyk obýektlerini gurmagyň (durkuny täzelemegiň, täze tehnika bilen enjamlaşdyrmagyň) tehniki-ykdysady esaslandyrmalary we tehniki ykdysady hasaplamalary;

5) gurluşyk we tehnologiýa taýdan taslamalaşdyrmagyň kadalarynyň taslamalary;

6) önümçilik we raýatlar üçin niýetlenen obýektleri gurmagyň (durkuny täzelemegiň, döwrebaplaşdyrmagyň we täze tehnika bilen enjamlaşdyrmagyň) hem-de olary işe goýberiş toplumlarynyň  taslamalary,  etraplary meýilleşdiriş  taslamalary;

7) önümçilik we raýatlar üçin niýetlenen obýektleri gurmak üçin ýer böleklerini saýlap almak boýunça materiallar;

8) atmosfera howasyna we suw howdanlaryna aňryçäk ýol berilýän zyňyndylaryň we taşlandylaryň taslamalary;

9) täze önüm we ol işlenip taýýarlananda, önümçilige goýlanda we ulanylanda, şol sanda hem import boýunça satyn alnanda ony taýýarlamagyň tehnologiýasy;

10) suwdan ýörite peýdalanmagyň meseleleri boýunça materiallar;

11) çagalar we ýetginjekler üçin okuw-zähmet sagatlaryny we olary okatmagyň, terbiýelemegiň, zähmete çekmegiň, naharlamagyň, olaryň dynç almagynyň düzgünini kesgitleýän resminamalaryň taslamalary;  

12) azyk çig maly we iýmit önümleri, iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallar we önümler, agyz suwy;

13) adamlaryň köpçülikleýin ýa-da toparlaýyn kesellemeginiň ýüze çykmagynyň we zäherlenmeginiň sebäpleri hem-de şertleri hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň we pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň çykaran netijeleri;

14) başga obýektler.

 

62-nji madda. Hökmany sanitariýa-gigiýena bilermenler  seljermesi

 

Sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesi şu aşakdaky halatlarda hökmany tertipde geçirilýär:

1) aňryçäk ýol berilýän derejeler, maddalaryň çen bilen howpsuz derejeleri hem-de olary kesgitlemegiň usullary bolmadyk mahalynda kurort zolagynda, daşky gurşawa himiki we biologik maddalary zyňýan we taşlaýan obýektler ýerleşdirilende; ekologiýa taýdan betbagtçylykly diýlip ykrar edilen zolaklardaky obýektler hem-de özüne taýy bolmadyk tehnologik prosesleri bolan obýektler ýerleşdirilen, durky täzelenen we giňeldilen mahalynda hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda;

2) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrmagy boýunça.

 

63-nji madda. Sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň arza boýunça geçirilmegi

 

Sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesi şu Kodeksiň 62-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga halatlarda ýuridik we  fiziki şahslaryň  arzalary boýunça geçirilýär.

 

64-nji madda. Sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň guralyşy we geçirilişi

 

1. Sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy hem-de onuň edaralary tarapyndan döredilýän käri boýunça taýýarlykly hünärmenlerden düzülen bilermenler toparlary (bilermen) tarapyndan geçirilýär.

Bilermenler toparlaryna şu aşakdaky hünärmenler girizilmeýär:

1) seljermä degişli resminamalary taýýarlamaga gatnaşanlar;

2) özlerinden razylygy alynmadyklar;

3) ozal köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde  seljerme edilýän obýekt barada öz nukdaýnazaryny çap edenler.

2. Bilermenler toparynyň düzümi ýerli  ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşylyp kesgitlenilýär.

3. Sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesi buýrujynyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.

Bilermenler toparynyň hyzmatlarynyň maliýeleşdirilmeginiň, şol sanda bilermenleriň zähmetiniň tölegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şertnama esasynda kesgitlenýär.

 

65-nji madda. Bilermenler seljermesi geçirilen mahalynda taraplaryň borçlary

 

1. Bilermenler seljermesini geçirmek üçin buýrujy aşakdakylara borçludyr:

1) seljerme geçirýän bilermenler topary (bilermen) tarapyndan sanawy kesgitlenýän resminamalaryň berilmegini üpjün etmäge;

2) seljerme geçirýän bilermenler toparynyň (bilermeniň) talap etmegine görä goşmaça maglumatlary bermäge;

3) seljerme geçirilýän mahalynda zerurlygy ýüze çykan ylmy-barlag işlerini maliýeleşdirmäge.

2. Bilermenler topary (bilermen) şu aşakdakylara borçludyr:

1) seljermäni öz wagtynda we ýokary hilde geçirmäge;

2) bilermenleriň netijenamasyny taýýarlamaga;

3) seljermäniň aýan bolmagyny üpjün etmäge.

Bilermenler seljermesini geçirmegiň möhletleri şertnama görä bellenilýär.

 

66-njy madda. Bilermenleriň çykaran netijeleri

 

Bilermenler toparlarynyň (bilermeniň) işiniň netijeleri sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň  namasy bilen resmileşdirilýär hem-de ol seljermäni bellän edara üçin maslahat beriji häsiýete eýedir.

Hökmany bilermenler seljermesi geçirilen mahalynda çykarylan netijeler buýrujy tarapyndan nazarda tutulmalydyr. Eger buýrujy bilermenler seljermesiniň netijesi bilen razy bolmadyk mahalynda, jedel şu Kodeksiň 67-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde çözülýär.

 

67-nji madda. Bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça jedelleriň çözülişi

 

1. Sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça jedellere kazyýet tertibinde seredilýär.

2. Beýleki döwletler bilen sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça jedellere Türkmenistanyň hem-de degişli döwletleriň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde gyzyklanýan döwletleriň wekillerinden deňlik esasynda döredilýän toparlar tarapyndan seredilýär.

 

68-nji madda. Bilermenler toparynyň agzalarynyň jogapkärçiligi

 

Bilermenler toparynyň agzalary (bilermen) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda seljermäniň geçirilişiniň hem-de onuň çykaran netijeleriniň dogrulygyna jogapkärçilik çekýärler.    

          

69-njy madda. Jemgyýetçilik bilermenler seljermesi

 

1. Jemgyýetçilik birleşikleriniň sanitariýa-gigiýena we başga ýörite bilermenler seljermeleriniň geçirilmegine gatnaşmak üçin öz wekillerini ibermäge haky bardyr. Bilermenler seljermesini bellän edara jemgyýetçilik birleşikleriniň ýüz tutmalary boýunça ýokarda görkezilen wekilleri, şu Kodeksiň 65-nji, 68-nji maddalarynda göz öňünde tutulan borçlar we jogapkärçilikler bilen bilermenler toparynyň düzümine bilermenler hökmünde goşmaga borçludyr. Şol wekilleriň bilermenler hökmündäki zähmetiniň tölegi olary iberen jemgyýetçilik birleşigi tarapyndan tölenýär.

2. Jemgyýetçilik birleşikleri öz serişdeleriniň hasabyna sanitariýa-gigiýena bilermenler seljermesini we başga ýörite seljermäni özbaşdak belläp hem geçirip bilerler. Şu Kodeksiň 63-66-njy, 68-nji maddalarynyň talaplary onuň geçirilmegine degişli bolup durýar.

3. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça çözgütler kabul edilende jemgyýetçilik bilermenler seljermesiniň netijelerine garalmalydyr. Oňa garamagyň netijeleri barada bilermenler seljermesini geçiren jemgyýetçilik birleşigine seljermäniň obýekti baradaky çözgüt kabul edilmezinden öň bir hepdeden gijä galman habar edilýär.

 

IX BÖLÜM. DURMUŞ-GIGIÝENA MONITORINGI

 

70-nji madda. Durmuş-gigiýena monitoringiniň wezipeleri we ýörelgeleri

 

1. Durmuş-gigiýena monitoringiniň (gözegçilik etmek, baha bermek we çaklamak) wezipeleri daşky gurşawyň ýaramsyz faktorlaryny ýüze çykarmakdan, hasaba almakdan, seljermekden, şol faktorlaryň ilatyň saglygyna zyýanly täsiriniň öňüni almaga we ony aradan aýyrmaga gönükdirilen öňüni alyş çäreleriniň toplumyny çaklamakdan hem-de işläp düzmekden ybaratdyr.

2. Daşky gurşawyň we ilatyň saglygynyň ýagdaýyna gözegçilikleriň üznüksizligi, hakykylygy, köp taraplaýynlygy, habarlylygy, standartlylygy durmuş-gigiýena monitoringiniň esasy ýörelgeleri bolup durýar.

 

71-nji madda. Durmuş-gigiýena  monitoringiniň mazmuny

 

Durmuş-gigiýena monitoringi döwlet, welaýat, etrap, şäher, obýekt derejesinde şu aşakdakylaryň ýagdaýy babatda geçirilýär:

1) ýokanç we ýokanç däl keseller bilen kesellemegiň derejesiniň we düzüminiň;

2) demografiýa prosesleriniň;

3) ilatyň fiziki taýdan ösüşiniň;

4) atmosfera howasynyň, suw howdanlarynyň, topragyň;

5) azyk çig malynyň, iýmit önümleriniň, iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallaryň we önümleriň hem-de agyz suwunyň hiliniň;

6) ilatyň zähmet, durmuş, terbiýeçilik we okuw şertleriniň.

 

72-nji madda. Durmuş-gigiýena monitoringini amala aşyrýan edaralar

 

Durmuş-gigiýena monitoringini amala aşyrýan edaralaryň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hödürlemegi esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.

Durmuş-gigiýena monitoringiniň netijesinde alnan maglumatlar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralaryna berilýär.

 

X BÖLÜM. DÖWLET SANITARIÝA GÖZEGÇILIK

BARLAGY WE GÖZEGÇILIGI

 

73-nji madda. Sanitariýa gözegçilik barlagyny we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar

 

1. Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan  amala aşyrylýar. 

2. Hereket edýän we gurlup ýörlen obýektlerde pudak sanitariýa gözegçilik barlagy degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary tarapyndan şu Kodeksiň 54-57-nji maddalaryna laýyklykda işlenip düzülen we tassyklanan döwlet we pudak sanitariýa kadalary, düzgünleri hem-de gigiýena normatiwleri esasynda amala aşyrylýar.

Görkezilen gulluklaryň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan gözegçilik edilýär hem-de şol gulluklaryň işi Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyna çapraz gelmeli däldir.

3. Ýuridik we fiziki şahslar sehlerde we beýleki önümçilik ýerlerinde sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň hem-de gigiýena normatiwleriniň berjaý edilişine, atmosfera howasynyň, topragyň, suw howdanlarynyň ýagdaýyna, saglygy goraýyş edaralarynda epidemiýa garşy bellenen düzgüniň berjaý edilişine, öndürilýän we ýerlenilýän önümleriň sänitariýa kadalaryna, düzgünlerine hem-de gigiýena normatiwlerine laýyklygyna önümçilik sanitariýa gözegçiligini amala aşyrýarlar.

4. Jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň, sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň hem-de gigiýena normatiwleriniň berjaý edilişine, sanitariýa-gigiýena, epidemiýa garşy-sanitariýa we radiasiýa garşy çäreleriň geçirilişine gözegçilik edýärler.

5. Prokuratura edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan  ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň dürs we birmeňzeş ýerine ýetirilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar.

 

74-nji madda. Döwlet sanitariýa gözegçilik barlagy

 

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň hem-de gigiýena normatiwleriniň berjaý edilişine döwlet (pudakdan ýokary) sanitariýa gözegçilik barlagy şu Kodekse hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

75-nji madda. Pudak sanitariýa gözegçilik barlagy we onuň amala aşyrylyşynyň tertibi

 

1. Ministrlikleriň hem-de pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary pudak sanitariýa gözegçilik barlagyny şu Kodeks esasynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda we şolaryň esasynda kabul edilen pudaklaýyn kadalaşdyryjy resminamalar arkaly amala aşyrýarlar.

2. Pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyranlarynda şu aşakdakylary Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilen ylalaşmaga borçludyrlar:

1) pudaklara degişli obýektleri gurmak üçin niýetlenen ýer böleklerini bölüp bermegi;

2) suwy sarp etmegiň we suwy sowmagyň şertlerini, şol sanda  akdyrylýan hapa suwy arassalamagyň usullaryny;

3) atmosfera howasyny hapalanmakdan goramak boýunça çäreleri;

4) senagatyň hem hojalygyň zäherli taşlandylaryny zyýansyzlandyrmak we gömmek işi geçirilýän poligonlar üçin ýer böleklerini bölüp bermegi, şeýle hem galyndylary gaýtadan işlemegiň, gaýtadan işläp ulanmagyň usullaryny;

5) tomusky çagalar sagaldyş edaralaryny ýerleşdirmegi hem-de çagalaryň ol ýere eltilmegini.

 

76-njy madda. Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň berjaý edilişine ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň       döwlet gözegçiligi

 

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary degişli çäkde ýuridik we fiziki şahslaryň Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyny berjaý edişlerine we olaryň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleri geçirişlerine döwlet gözegçiligini amala aşyrýarlar.

 

77-nji madda. Önümçilik sanitariýa gözegçiligi we ony amala aşyrmagyň tertibi

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine hem-de gigiýena normatiwlerine laýyklykda azyk çig malynyň we iýmit önümleriniň, senagat önümleriniň, şol sanda çagalar üçin niýetlenen önümleriň, gurluşyk materiallarynyň, gaplaýyş, polimer materiallaryň we şolardan ýasalan önümleriň, parfýumeriýa-kosmetika önümleriniň, dermanlyk serişdeleriň, lukmançylyk immunobiologik preparatlaryň, hojalykda ulanylýan-içilýän suwuň, howdanlaryň hem-de deňziň kenarýaka zolagynda ilatyň medeni-durmuş hajatlary üçin niýetlenen suwdan peýdalanýan ýerlerindäki suwuň hiline we howpsuzlyk derejesine, senagat we durmuş hajatlary üçin ulanylyp akdyrylýan suwuň ýagdaýyna önümçilik sanitariýa gözegçiligi amala aşyrylýar.

2. Saglygy goraýyş edaralarynda sanitariýa-gigiýena we epidemiýa garşy düzgüniň berjaý edilişine, dezinfeksiýanyň we sterilizasiýanyň netijeliligine önümçilik sanitariýa gözegçiligi şol edaralaryň barlaghanalary  tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň hem-de gigiýena normatiwleriniň berjaý edilişine önümçilik sanitariýa gözegçiligi ýuridik şahslaryň barlaghanalary tarapyndan ýa-da şertnama esasynda üpjün edilýär.

4. Geçirilýän barlaglaryň nomenklaturasy we näçe gezek geçirilmelidigi, nusgalyklaryň saýlanyp alynmaly ýerleri we beýleki barlaglaryň geçirilmegi kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar arkaly hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary ýa-da degişli pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary bilen ylalaşylyp kesgitlenilýär.

5. Önümçilik sanitariýa gözegçiliginiň netijeleri döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralara, şol edaralar üçin tassyklanan görnüşler boýunça berilýär.

6. Önümçilik sanitariýa gözegçiligini amala aşyrýan şahslar onuň öz wagtynda amala aşyrylyşyna, dolulygyna we dogrulygyna jogapkärçilik çekýärler.

7. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary we pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary önümçilik sanitariýa gözegçiligini geçirýän barlaghanalaryň işine guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygyny we saýlama gözegçiligini amala aşyrýarlar.

8. Önümçilik sanitariýa gözegçiligini geçirýän barlaghanalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hünär synagyndan geçmelidirler we bellenen barlag usullaryny ulanmalydyrlar.

 

78-nji madda. Jemgyýetçilik sanitariýa gözegçiligi we ony amala aşyrmagyň tertibi

 

1. Jemgyýetçilik birleşikleri, zähmetkeşler toparlary özleriniň düzgünnamalaryna hem-de işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy namalaryna laýyklykda jemgyýetçilik sanitariýa gözegçiligini amala aşyrýarlar.

2. Jemgyýetçilik sanitariýa gözegçiligi:

1) döwlet bilermenler seljermelerine;

2) jemgyýetçilik seljermelerini geçirmäge;

3) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň kabul edýän çözgütleriniň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň, şeýle hem ýuridik şahslaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirýän çäreleriniň netijeleriniň daşky gurşawa ýetiren täsirine baha bermäge, gatnaşmak arkaly amala aşyrylýar.

3. Jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň  döwlet sanitariýa-gigiýena we beýleki ýörite bilermenler seljermelerine gatnaşmaklary şu Kodeksiň 69-njy maddasyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

79-njy madda. Sanitariýa gözegçiligi we gözegçilik barlagy amala aşyrylanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň       Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň       edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň  özara bilelikde hereket etmekleri

 

1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary we wezipeli adamlary şu aşakdakylary üpjün edýärler:

1) pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň hem-de gigiýena normatiwleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alyp barýan işine usuly ýolbaşçylygy we olaryň işini utgaşdyrmagy;

2) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ylmy, okuw we tejribe edaralarynda lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamakda hem-de olaryň hünärini ýokarlandyrmakda pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklaryna kömek etmegi;

3) pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň soramagy boýunça dolandyryş çäklerde ilatyň keselleýjilik ýagdaýy, sanitariýa-gigiýena we epidemiýa ýagdaýy hakynda maglumat bermegi.

2. Pudaklaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralaryna bellenen statistik maglumatlary bermäge  borçludyrlar.

 

80-nji madda. Döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlar

 

Döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny guramak we geçirmek  aşakdaky wezipeli adamlaryň üstüne ýüklenilýär:

1) Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmanynyň we onuň orunbasarynyň;

2) welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň baş döwlet sanitariýa lukmanlarynyň we olaryň orunbasarlarynyň;

3) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan beýleki wezipeli adamlarynyň.

 

81-nji madda. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman  senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk  we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek      gullugynyň wezipeli adamlarynyň hukuk  ýagdaýy

 

1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan baş döwlet sanitariýa lukmanlary hem-de beýleki wezipeli adamlary döwlet dolandyryş edaralarynyň wekilleri hasaplanýar hem-de olar döwletiň goragy astynda durýarlar.

2. Döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň gulluk iş saparynda bolan wagtlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulaglaryň ähli görnüşlerine (taksiden başga) nobatdan daşary ýolagçy resminamalaryny almaga we myhmanhanalara ýerleşmäge hukuklary bardyr.

 

82-nji mаddа. Döwlеt sanitariýa gözеgçilik barlagyny amala aşyrýan аdаmlаry wеzipä bеllеmеk wе wеzipеsindеn bоşаtmаk

 

Döwlеt sanitariýa gözеgçilik barlagyny amala aşyrýan аdаmlаry wеzipä bеllеmеk wе wezipesinden boşatmak Türkmеnistаnyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

 

83-nji madda. Döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň namalary

 

Döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň  namalaryna baş döwlet sanitariýa lukmanlarynyň we olaryň orunbasarlarynyň taslama, taslamadan öňki hem-de kadalaşdyryjy-tehniki resminamalara garalanda berýän netijenamalary, gurluşygy, işleriň aýry-aýry görnüşlerini wagtlaýyn togtatmak, kärhanalary we enjamlary ulanmak, jerime salmak we teklipnama bermek hakyndaky kararlar girýär. Bu namalar ýuridik we fiziki şahslaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmanydyr.

 

84-nji madda. Döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň işiniň esasy kepillikleri

 

1. Baş döwlet sanitariýa lukmanlary we döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan  beýleki wezipeli adamlar öz işlerinde garaşsyzdyrlar we olar diňe Türkmenistanyň kanunçylygyny  goldanýarlar.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň wezipeli adamlaryny we işgärlerini öz esasy işleri bilen baglanyşykly bolmadyk başga işe çekmek gadagandyr.

 

85-nji madda. Döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny  amala aşyrmak boýunça işe gatyşmaga ýol berilmezligi

 

1. Döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işe gatyşmak gadagandyr.

2. Ýuridik we fiziki şahslaryň baş döwlet sanitariýa lukmanlaryna, olaryň orunbasarlaryna we döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan beýleki wezipeli adamlara olaryň ýerine ýetirýän kanuny işine päsgel bermek maksady bilen nähilidir bir görnüşde öz täsirlerini ýetirmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

 

86-njy madda. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek       gullugynyň wezipeli adamlarynyň borçlary

 

1. Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmany we onuň orunbasary şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralaryna ýolbaşçylyk etmäge;

2) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň esasy wezipelerini, işiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ýörelgelerini kesgitlemäge;

3) emele gelen sanitariýa-gigiýena we epidemiýa ýagdaýyny nazara almak bilen döwlet sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini tassyklamaga hem-de ulgamlaşdyrmaga;

4) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işläp düzýän kadalaşdyryjy namalarynyň we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalarynyň taslamalary boýunça öz ygtyýarlygyna girýän meseleler boýunça netijenama bermäge;

5) Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlary, kararlary, buýruklary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary we buýruklary esasynda hem-de olary ýerine ýetirmek maksady bilen, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygynyň meseleleri boýunça namalary çykarmaga;

6) adamlaryň jany we saglygy üçin howply bolup, ilatyň ýaşamagy, oba hojalyk we beýleki hojalyk işlerini alyp barmagy gadagan edilen çäkleri kesgitlemäge;

7) kesellemegiň öňüni almak we sagdyn ýaşaýşy ündemek boýunça döwlet we belli maksada gönükdirilen maksatnamalary taýýarlamak boýunça teklipleri işläp düzmäge;

8) Türkmenistanyň çägini infeksiýalaryň getirilmeginden we olaryň ýaýramagyndan sanitariýa taýdan goramak boýunça çäreleri işläp düzmäge hem-de olaryň geçirilmegini guramaga;

9) adatdan daşary ýagdaýlar, tebigy betbagtçylyklar, adamyň eden işiniň täsiriniň netijesinde heläkçilikler dörände wagtlaýyn sanitariýa kadalaryny we düzgünlerini işläp düzmäge;

10) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygynyň meseleleri boýunça ýörite bilermenler seljermelerini guramaga hem geçirmäge;

11) degişli ministrlikleriň we pudaklaryň obýektlerinde pudak sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işi utgaşdyrmaga;

12) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygy babatynda halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmaga.

2. Welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň baş döwlet sanitariýa lukmanlary we olaryň orunbasarlary öz garamagyndaky çäkde döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan şu aşakdakylar ýerine ýetirilende Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň hem-de sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilişine döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrmaga borçludyrlar:

1) kesellemeleriň öňüni almak we sagdyn ýaşaýşy ündemek boýunça sebit we belli maksada gönükdirilen maksatnamalar işlenip düzülende;

2) hojalyk obýektlerini we önümçilik güýçlerini ýerleşdirmek işi perspektiwalaýyn meýilleşdirilende;  

3) kurortlary ýerleşdirmegiň çyzgylary işlenip düzülende, ilatly nokatlar meýilleşdirilende we gurlanda;

4) hojalyk obýektlerini, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlaryny, hususy gurulýan desgalary we jaýlary gurmak, durkuny täzelemek hem-de giňeltmek üçin ýer bölekleri bölünip berlende;

5) kärhanalaryň taslamasy düzülende, gurlanda, durky täzelenende hem-de ulanmaga berlende, olaryň iş ugry we tehnologiýasy üýtgände;

6) kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar işlenip düzülende;

7) obýektler ulanylanda.

3. Baş döwlet sanitariýa lukmanlary we döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan beýleki wezipeli adamlar öz ygtyýarlygyna laýyklykda, döwlet sanitariýa gözegçilik barlagynyň amala aşyrylmagy netijesinde alnan materiallar esasynda aşakdakylara borçludyrlar:

1) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça çäreleri işläp düzmäge gatnaşmaga;

2) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygynyň we sagaldyş çärelerini geçirmegiň meseleleri boýunça netijenamalary we teklipleri döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we  ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna girizmäge;

3) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna adamyň jany we saglygy üçin howply çäklerde ilatyň ýaşamagyny, oba hojalyk we gaýry hojalyk işleriniň alnyp barylmagyny gadagan etmek hakyndaky netijenamalary hem-de teklipleri girizmäge;

4) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna gözegçilik barlagyndaky obýektlerde Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň bozulmalary hakynda habar bermäge;

5) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökman bolan, Türkmenistanyň çägini karantin we beýleki ýokanç keselleriň getirilmeginden hem-de ýaýradylmagyndan sanitariýa taýdan goramak boýunça çäreleri işläp düzmäge gatnaşmaga;

6) saglygy goraýyş edaralarynyň ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek, Türkmenistanyň çägini karantin we beýleki ýokanç keselleriň getirilmeginden we ýaýradylmagyndan sanitariýa taýdan goramak meseleleri boýunça işini utgaşdyrmaga;

7) adam organizmine daşky gurşawyň faktorlarynyň, ilatyň zähmet, ýaşaýyş şertleriniň täsir etmegi bilen baglanyşykly, deslapky we  döwürleýin lukmançylyk gözegçiliginden geçirilmeli hem-de dispanserizasiýa degişli adamlaryň toparlaryny kesgitlemäge, döwürleýin geçirilýän lukmançylyk hem-de dispanser gözegçilikleriniň netijelerine seljerme bermäge we sanitariýa-sagaldyş çärelerini işläp düzmäge gatnaşmaga;

8) kesp-kär bilen baglanyşykly ýüze döreýän zäherlenmeleriň hem-de keselleriň, iýmit bilen zäherlenmegiň sebäplerini we şertlerini ýüze çykarmaga hem-de oňa seljerme bermäge;

9) ýokanç we parazitar keselleriň dörän ojaklarynda öz ygtyýarlygynyň çäklerinde epidemiýa garşy çäreleri guramaga;

10) daşky gurşawyň sanitariýa ýagdaýy we onuň adamyň saglygyna edýän täsiri, sanitariýa kadalary, düzgünleri hem-de gigiýena normatiwleri hakynda, şeýle hem ýerine ýetirilmegi daşky gurşawa we ilatyň saglygyna täsir edip biljek çäreler hem-de çözgütler hakynda ilata habar bermäge;

11) ilatyň aýry-aýry toparlary bilen şertnama esasynda soňunda hünär synagy bolýan gigiýena okuwyny geçirmäge;

12) lukmançylyk we gigiýena bilimlerini ündemäge, sagdyn ýaşaýşy kemala getirmäge gatnaşmaga;

13) döwlet, gulluk we täjirçilik syryny saklamaga.

Baş döwlet sanitariýa lukmanlary, olaryň orunbasarlary we sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan beýleki wezipeli adamlar, şeýle-de şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji, 7-nji we 10-njy bentlerinde görkezilen borçlary ýerine ýetirýärler.

 

87-nji madda. Baş döwlet sanitariýa lukmanlarynyň, olaryň orunbasarlarynyň we döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan       beýleki wezipeli adamlaryň hukuklary

 

1. Baş döwlet sanitariýa lukmanlary, olaryň orunbasarlary we döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan beýleki wezipeli adamlar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplaryna laýyk gelmeýän ýer böleklerini saýlap almak, ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik jaýlary we beýleki obýektleri gurmak, durkuny täzelemek hem-de giňeltmek üçin ylalaşylmaga degişli taslamadan öňki hem-de taslama resminamalaryny yzyna gaýtarmaga;

2) senagatyň, ulagyň, oba hojalygynyň, aragatnaşygyň hereket edýän önümçilik obýektlerini, işleriň aýry-aýry görnüşlerini, tehnologik prosesleri, enjamlary, abzallary, gidrotehniki desgalary, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlaryny, toplumlary, desgalary hem-de beýleki obýektleri sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň bozulmalary düzedilýänçä ulanmagy gadagan etmäge ýa-da togtatmaga;

3) sanitariýa kadalary, düzgünleri we gigiýena normatiwleri bozulan halatlarynda ilatly nokatlary gurmak hem-de senagat, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň, toplumlaryň hem-de desgalaryň, beýleki obýektleriň gurluşygy, durkunyň täzelenmegi we taslamalaşdyrylmagy ýa-da olary gurmak boýunça aýry-aýry işleriň geçirilmegini togtatmaga;

4) adamlaryň jany we saglygy üçin howply diýlip ykrar edilende çig maly, materiallary, maddalary, önümleri, başga önümi, olary taýýarlamagyň tehnologiýalaryny, azyk çig malyny, iýmit önümlerini öndürmegi, ulanmagy we ýerlemegi gadagan etmäge;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alynmadyk himiki maddalaryň we lukmançylyk immunobiologik preparatlaryň öndürilmegini, peýdalanylmagyny we ulanylmagyny gadagan etmäge;

6) hojalyk hajatlary we içmek üçin ulanylýan suw bilen üpjün etmek tejribesinde, iýmit önümleri öndürilende we işlenende, şeýle hem oba hojalyk ösümlikleriniň we mallaryň ösüşiniň stimulýatorlary hem-de sazlaýjylary ulanylanda himiki maddalaryň, serişdeleriň we usullaryň ulanylmagyny, beýleki himiki serişdeleriň, parfýumeriýa-kosmetika önümleriniň adamlaryň saglygyna zyýanly täsir etmek howpy dörän wagtynda, şeýle hem işläp taýýarlaýjynyň şol maddalaryň we materiallaryň howpsuzdygy hakynda ylmy taýdan esaslandyrylan maglumaty berilmänkä, olaryň adamyň saglygyna zyýanly täsir etmeginiň mümkindigi baradaky maglumatlar peýda bolan mahalynda şolaryň ulanylmagyny gadagan etmäge;

7) hojalyk hajatlary we içmek üçin peýdalanylýan suw ulanmak üçin ýaramsyz diýlip ykrar edilende ony ulanmagy gadagan etmäge;

8) sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini bozýan adamlara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çäreleri ulanmaga;

9) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryndan, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan, ýuridik we fiziki şahslardan sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň bozulmalaryny düzetmeklerini talap etmäge we administratiw täsir ediş çärelerini ulanmaga;

10) obýektleri gurmak we durkuny täzelemek üçin taslamalarda sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik barlagyny amala aşyrmaga;

11) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, ýuridik we fiziki şahslara ilatly nokatlarda gurmagy meýilleşdirmegiň taslamalary, hojalyk obýektlerini ýerleşdirmegiň perspektiw meýilnamalarynyň taslamalary, kärhanalary, jaýlary, desgalary gurmak, durkuny täzelemek boýunça taslamalary we gurluşyk üçin ýer böleklerini bermek barada, ilatyň suwdan peýdalanmaly ýerlerini kesgitlemek, hapa suwy akdyrmagyň, zäherli, himiki, radioaktiw we beýleki maddalary gaýtadan ulanmagyň we gömmegiň şertlerini kesgitlemek meseleleri boýunça sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine esaslanýan hökmany netijenamalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde bermäge;

12) çig malyň, materiallaryň, maddalaryň, önümleriň, başga önümiň täze görnüşleri, olary taýýarlamagyň tehnologiýalary, azyk  çig maly we iýmit önümleri üçin standartlaryň hem-de tehniki şertleriň taslamalaryna seretmäge;

13) senagat, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň, toplumlaryň, oba hojalyk hem-de beýleki kärhanalaryň we desgalaryň sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine we gigiýena normatiwlerine laýyk gelmegi hakynda netijenama bermäge;

14) mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän hem-de okuw jaýlarynda okaýan çagalaryň okuw-zähmet sagatlary we olaryň sapaklarynyň mysaly düzgüni hakynda hödürlenýän teklipler barada netijenama bermäge;

15) zerur bolan halatynda ylmy-barlag edaralaryna, barlaghanalara, ýokary okuw mekdeplerine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan beýleki kärhanalara, guramalara, edaralara ýörite bilermenler seljermesini geçirmegi tabşyrmaga;

16) döwlet sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini tassyklamaga;

17) sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilişini barlamak maksady bilen eýeçiliginiň görnüşine garamazdan hojalyk obýektlerine gije-gündiziň islendik wagtynda päsgelçiliksiz baryp görmäge (gulluk şahadatnamasyny görkezmegi boýunça) hem-de şol obýektlerde barlag geçirmäge;

18) ýuridik şahslaryň ýolbaşçylaryndan we fiziki şahslardan şu aşakdakylary talap etmäge:

 a) özleriniň ýerine ýetirýän işleriniň ýa-da işleýän önümçiliginiň aýratynlyklary bilen baglanyşykly ýokanç we parazitar keselleri ýaýratmak howpuny döredýän adamlary wagtlaýyn işden çetleşdirmegi, şeýle hem sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini hem-de epidemiýa garşy bellenen düzgüni yzygiderli ýerine ýetirmän gelýän adamlara çäreleri ulanmagy;

b) töwerekdäkiler üçin howp döredýän ýokanç we parazitar kesellileri hassahanalara ýerleşdirmegi;

ç) öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleri geçirmegi;

d) raýatlaryň janyna we saglygyna  ýetirilen  zeperiň öwezini tölemegi;

e) jerimeleri tölemegi;

ä) köpçülikleýin kesellemeler ýüze çykanda we adamlar zäherlenende keseli bejeriş-öňüni alyş we sanitariýa-öňüni alyş edaralarynyň gigiýena, epidemiýa garşy hem-de lukmançylyk çärelerini geçirmek üçin eden çykdajylarynyň öwezini tölemegi;

19) obýektleriň sanitariýa ýagdaýyny aýdyňlaşdyrmak hem-de şol obýektlerde işleýänleriň saglyk ýagdaýynyň epidemiologiýa taýdan seljermesini geçirmek üçin zerur bolan resminamalary, maglumatlary hem-de wezipeli ýa-da başga adamlaryň hut özleriniň getirýän ýa-da ýazmaça görnüşde berýän düşündirişlerini talap etmäge;

20) iýmit önümlerini, önümleri, zatlary we materiallary barlaghana seljermesinden hem-de gigiýena bilermenler seljermesinden geçirmek üçin almaga, şeýle hem obýektleriň gös-göni özünde zerur barlaghana we instrumental barlaglary geçirmäge;

21) beýleki pudaklaryň hünärmenlerini, şeýle hem jemgyýetçiligi şertnama esasynda sanitariýa gözegçiligini amala aşyrmak üçin çekmäge;

22) Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň bozulýan halatlary baradaky materiallara garamak üçin wezipeli we başga adamlary Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy edaralaryna çagyrmaga;

23) sanitariýa hukuk bozulmalary hakyndaky işlere seretmäge, administratiw temmileri bermäge, jenaýat işini gozgamak baradaky meseläni çözmek üçin materiallary derňew edaralaryna geçirmäge, ýokarda durýan wezipeli adamlara ýa-da dolandyryş edaralaryna düzgün-nyzam temmi çärelerini ulanmak hakyndaky teklipleri bermäge;

24) köpçülikleýin kesellemegiň ýaýramagynyň  hem-de ilatyň zäherlenmeginiň ýok edilmegine we öňüni almaga gönükdirilen ilatyň ýaşamagynyň hem-de olaryň hojalyk işini ýerine ýetirmeginiň aýratyn şertlerini we düzgünlerini aýry-aýry çäklerde  gadagan etmek ýa-da girizmek hakynda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna teklip girizmäge;

25) sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini hem-de gigiýena normatiwlerini, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň wezipeli adamlarynyň hojalyk işini alyp barmagyny togtatmak ýa-da bes etmek hakyndaky kararlaryny ýerine ýetirmedik mahalynda maliýe-karz edaralaryna ýuridik we fiziki şahslaryň taslamalaşdyryş, gurluşyk, şeýle hem olaryň alyp barýan hojalyk işleriniň maliýeleşdirilmegini (karz bermegi) togtatmak hakynda teklip girizmäge;

26) epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş maksady bilen sanjylmaly adamlaryň toparlaryny kesgitlemäge;

27) adamyň jany we saglygy üçin howply diýlip ykrar edilen iýmit önümlerini, iýmit önümleri bilen galtaşýan materiallary we önümleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolanyşykdan aýyrmaga we ýok etmäge.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 9-njy, 17-nji, 18-nji, 20-nji we 27-nji bentlerinde göz öňünde tutulan hukuklar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň hünärmenlerine hem degişlidir.

 

88-nji madda. Baş döwlet sanitariýa lukmanlarynyň, olaryň orunbasarlarynyň we döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan beýleki wezipeli adamlaryň hereketlerine şikaýat etmek

 

Dahylly adam tarapyndan baş döwlet sanitariýa lukmanlarynyň, olaryň orunbasarlarynyň we döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan beýleki wezipeli adamlaryň şu Kodeksiň 87-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-7-nji bentlerinde göz öňünde tutulan hereketlerine bir aý möhlet içinde ýokarda durýan baş döwlet sanitariýa lukmanyna we kazyýete şikaýat edilip biler.

Şol hereketlere şikaýat edilmegi olaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.

 

XI BÖLÜM. ILATYŇ SANITARIÝA-EPIDEMIOLOGIÝA

TAÝDAN ABADANÇYLYGYNY ÜPJÜN

ETMEGIŇ YKDYSADY GURALY

 

89-njy madda. Ilatyň zähmet, durmuş we dynç alyş şertlerine ýetirilýän ýaramsyz täsirleri ýok etmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini tölemek

 

1. Sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini hem-de gigiýena normatiwlerini bozan we ilatyň näsaglamagynyň artmagyna, demografik görkezijileriň ýaramazlaşmagyna getiren ýa-da getirip biljek ýagdaýa salan ýuridik we fiziki şahslar ol netijeleri ýok etmek üçin edilen çykdajylaryň öwezini öz serişdeleriniň hasabyna töleýärler.

Şol serişdeler ýuridik hem-de fiziki şahslardan döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň teklipnamalary boýunça töledilip alynýar. Çykdajylaryň öwezini tölemekden boýun gaçyrylan mahalynda jedel kazyýet tertibinde çözülýär.

2. Tölenmeli tölegleriň möçberini bellemegiň we tölegleri peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

XII BÖLÜM. GIGIÝENA TERBIÝESI, BILIM, YLMY

BARLAGLAR

 

90-njy madda. Gigiýena terbiýesiniň we bilimiň hemmeler üçin umumylygy, toplumlaýynlygy hem-de üznüksizligi

 

Ilatyň sanitariýa medeniýetini ýokarlandyrmaga hem-de keselleriň öňüni almaga gönükdirilen gigiýena terbiýesi we bilim hemmeler üçin umumy, toplumlaýyn hem-de üznüksiz häsiýetde bolmalydyr.

Gigiýena terbiýesi we bilim:

1) mekdebe çenli çagalary terbiýelemekde, umumy bilim berýän mekdeplerde, başlangyç we orta hünär okuw mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde okatmakda; hünärmenleri taýýarlamakda we gaýtadan taýýarlamakda hem-de lukmançylyk we gigiýena bilimleri bilen baglanyşykly meseleleri okuw hem-de terbiýeçilik maksatnamalaryna girizmek arkaly olaryň hünärini artdyrmakda;

2) ýolbaşçylary, hünärmenleri kesp-kär (professional) we gigiýena taýdan taýýarlamagyň barşynda;

3) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde lukmançylyk we gigiýena bilimlerini ündemek arkaly,

 döwlet serişdeleriniň we beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

 

91-nji madda. Ýolbaşçylaryň, hünärmenleriň we işgärleriň kesp-kär (professional) gigiýena taýýarlygy

 

Ýuridik we fiziki şahslar, işleri:

1) iýmit önümlerini we agyz suwuny öndürmek, saklamak, daşamak hem-de ýerlemek;

2) mekdebe çenli çagalar we bilim edaralarynda çagalary terbiýelemek ;

3) ilata jemagat we durmuş hyzmatyny etmek;

4) zyýanly maddalar we ýaramsyz önümçilik faktorlary, bilen baglanyşykly ýolbaşçylaryň, hünärmenleriň we işgärleriň kesp-kär (professional) gigiýena taýýarlygyny amala aşyrmaga borçludyrlar.

Kesp-kär (professional) gigiýena taýýarlygy ýuridik we fiziki şahslaryň öz serişdeleriniň  hasabyna şertnama esasynda amala aşyrylýar.

 

92-nji madda. Gigiýena we epidemiologiýa boýunça ylmy barlaglar

 

1. Gigiýena we epidemiologiýa boýunça ylmy barlaglar ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün ediş ulgamynyň düzümine girýän bölegi bolup durýar we ol barlaglar bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň ylmy-kliniki merkezleri, ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri, beýleki ýuridik şahslar tarapyndan ýerine ýetirilýär.

2. Gigiýena we epidemiologiýa boýunça ylmy barlaglar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, şeýle hem döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet  we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hem-de dolandyryş çäklerinde sanitariýa-gigiýena we epidemiýa ýagdaýyna laýyklykda guralýarlar we utgaşdyrylýarlar.

3. Gigiýena we epidemiologiýa boýunça ylmy barlaglar Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem şertnama esasynda ýa-da başga esasda geçirilýär.

 

XIII BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ SANITARIÝA

KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULMAGY

ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

 

93-nji madda. Sanitariýa hukuk bozulmasy we onuň üçin jogapkärçilik

 

1. Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň, şol sanda sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň berjaý edilmezligi, epidemiýa garşy we gigiýena çäreleriniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň wezipeli adamlarynyň netijenamalarynyň, kararlarynyň we teklipnamalarynyň ýerine ýetirilmezligi bilen baglanyşykly, raýatlaryň kanunda göz öňünde tutulan hukuklaryna we jemgyýetiň bähbitlerine hyýanat edýän bikanun, ýazykly (bilgeşleýin ýa-da seresapsyzlyk bilen) edilen etmiş (hereket ýa-da hereketsizlik) sanitariýa hukuk bozulmasy hasap edilýär.

2. Şu aşakdakylar sanitariýa hukuk bozulmasydyr:

1) iýmit önümlerini, suw üpjünçiliginiň açyk we ýerasty çeşmelerini, suw howdanlaryny hem-de ilatyň medeni-durmuş maksatlary üçin peýdalanýan deňizýaka kenar zolagyny, topragy, atmosfera howasyny, iş zolagyndaky howany himiki, biologik, fiziki we başga usul bilen hapalamak;

2) kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar işlenip düzülende sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini hem-de gigiýena normatiwlerini berjaý etmezlik, şeýle hem öz işinde şol sanitariýa kadalaryna, düzgünlerine hem-de gigiýena normatiwlerine çapraz gelýän kadalaşdyryjy resminamalary peýdalanmak;

3) çig malyň, tehnologik enjamlaryň, prosesleriň, gurallar toplumynyň, iýmit önümleriniň we azyk çig malynyň, senagat önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň, ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleriniň, himiki maddalaryň we önümleriň, biologik serişdeleriň, gaplaryň, gaplamak üçin ulanylýan materiallaryň, polimer materiallaryň hem-de iýmit çig  maly, iýmit önümleri we dermanlyk serişdeler bilen, olardan taýýarlanylýan önümler bilen galtaşýan beýleki materiallaryň, parfýumeriýa-kosmetika önümleriniň hem-de halkyň sarp edýän beýleki harytlarynyň täze görnüşleri üçin kadalaşdyryjy-tehniki resminamanyň taslamalaryny Türkmenistanyň Baş döwlet sanitariýa lukmany bilen ylalaşylman işläp düzmek, şeýle hem lukmançylyk immunobiologik preparatlaryň täze görnüşleri üçin kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryň taslamalaryny döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyndan geçirmän işläp düzmek;

4) sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena normatiwlerini berjaý etmezden hem-de döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralar bilen ylalaşylmazdan senagat kärhanalarynyň, ulag obýektleriniň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik infragurluş we abadanlaşdyryş obýektleriniň, suw üpjünçilik, lagym we hapa suwy arassalaýyş ulgamlarynyň, gidrotehniki desgalaryň hem-de beýleki obýektleriň taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy, durkunyň täzelenmegi, döwrebaplaşdyrylmagy, tehnika bilen täzeden enjamlaşdyrylmagy (konserwirlenmegi we ýapylmagy), ilatly nokatlaryň, kurortlaryň, senagat we oba hojalyk maksatly obýektleriň perspektiw gurulmagy we ýerleşdirilmegi, tehnologik prosesleriň, önümleriň, enjamlaryň hem-de gurallar toplumynyň işlenip taýýarlanylmagy;

5) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralar bilen ylalaşylman täze gurluşyk üçin ýer bölekleriniň peýdalanylmagy, obýektleriň durkunyň täzelenmegi ýa-da giňeldilmegi;

6) obýektleriň döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralardan ygtyýarsyz kabul edilmegi hem-de ulanmaga berilmegi;

7) çig malyň, tehnologik enjamlaryň, prosesleriň we gurallar toplumynyň, iýmit önümleriniň we azyk çig malynyň, senagat önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň, ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleriniň, himiki maddalaryň we önümleriň, biologik serişdeleriň, gaplaryň, gaplamak üçin ulanylýan materiallaryň, polimer materiallaryň hem-de iýmit çig maly, iýmit önümleri we dermanlyk serişdeler bilen, olardan taýýarlanylýan önümler bilen galtaşýan beýleki materiallaryň, parfýumeriýa-kosmetika önümleriniň hem-de halkyň sarp edýän başga harytlarynyň, lukmançylyk immunobiologik preparatlaryň täze görnüşleriniň sanitariýa kadalary, düzgünleri we gigiýena normatiwleri berjaý edilmezden, toksikologiýa-gigiýena taýdan baha berilmezden, gigiýena normatiwleri bellenilmezden öndürilmegi we ulanylmagy;

8) azyk çig malynyň we iýmit önümleriniň hiline bildirilýän talaplaryň, şeýle hem olaryň düzüminde adamlaryň jany hem-de saglygy üçin howply bolan radionuklidleriň, zäherli, biologik, himiki we beýleki maddalaryň hem-de birleşmeleriň derejeleri bellenen gigiýena normatiwlerinden artyk bolan mahalynda olaryň berjaý edilmezligi;

9) azyk çig maly we iýmit önümleri öndürilende, saklananda, daşalanda hem-de ýerlenende sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň bozulmagy, oba hojalyk ösümlikleriniň we haýwanlaryň ösüş stimulýatorlarynyň, ösümlikleri goramagyň himiki we biologik serişdeleriniň, azyklyk çig mal, iýmit önümleri we dermanlyk serişdeler bilen galtaşýan gaplaryň, polimer we beýleki materiallaryň, mallar üçin ot-iým goşundylarynyň döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralardan ygtyýarsyz ulanylmagy;

10) import tehnologiýalary, materiallary, çig maly, önümleri iberilende, ýerlenende we ulanylanda sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň bozulmagy;

11) merkezleşdirilen hojalyk-agyz suw üpjünçilik ulgamlary arkaly berilýän suwuň hiliniň gigiýena talaplaryna we suw babatda döwlet standartyna laýyk üpjün edilmezligi;

12) merkezleşdirilmedik tertipde berilýän suwuň, suw howdanlaryndaky, deňiz kenarýaka zolagyndaky, ilatyň medeni-durmuş hajatlary üçin suw ulanylýan ýerlerdäki suwuň hiliniň degişli sanitariýa kadalaryna we talaplaryna laýyk derejede üpjün edilmezligi;

13) ilatly nokatlaryň çäklerini saklamak, senagat galyndylaryny, şol sanda radioaktiw galyndylary, oba hojalygyna we hojalyk-durmuş hajatlaryna degişli zäherli galyndylary toplamak, saklamak, daşamak we gaýtadan işläp ulanmak boýunça sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň bozulmagy;

14) atmosfera howasyny goramak baradaky sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň bozulmagy;

15) mekdebe çenli çagalar we sagaldyş edaralaryndaky, orta mekdeplerdäki, başlangyç we orta hünär okuw mekdeplerindäki, gaýry edaralardaky hem-de kärhanalardaky çagalary we ýetginjekleri terbiýelemegiň, okatmagyň, olaryň önümçilik tejribesiniň şertlerini kesgitleýän sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň, olaryň iýmiti we zähmet şertleri, sanitariýa-durmuş üpjünçiligi hem-de dynç almagy boýunça radiasiýa howpsuzlygynyň hem-de Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmezligi;

16) saglygy goraýyş edaralarynda we beýleki edaralarda  sanitariýa-gigiýena hem-de epidemiýa garşy düzgünleriň berjaý edilmezligi;

17) radioaktiw maddalar bilen we ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň başga çeşmeleri bilen iş salşylanda, şeýle hem radioaktiw galyndylar gömülende sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň bozulmagy;

18) ýokanç, parazitar keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak hem-de şeýle keseller ýüze çykanda olary ýok etmek boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmezligi;

19) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň iberen ýollamalary boýunça sanitariýa-gigiýena, lukmançylyk, biologik, tehniki, durmuş we  beýleki ýörite bilermenler seljermelerini geçirmekden esassyz boýun gaçyrylmagy;

20) kämil däl sanitariýa kadalarynyň, düzgünleriniň we gigiýena normatiwleriniň, materiallar boýunça bilermenler netijenamalarynyň ulanylmagy netijesinde raýatlaryň saglygynyň ýaramazlaşmagy;

21) lukmançylyk gözegçiliginden geçmedik ýa-da şeýle işe ýarawlylygy hökman bolup, saglyk ýagdaýyna görä işe ýaramsyz diýlip hasap edilen adamlaryň işe goýberilmegi;

22) işgärleriň aýry-aýry toparlarynyň hökmany lukmançylyk gözegçiliginden geçmezligi ýa-da şol gözegçilikden geçmegiň möhletlerini  bozmagy;

23) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralaryň hökmany kararlarynyň, teklipnamalarynyň we netijenamalarynyň ýerine ýetirilmezligi;

24) obýektdäki sanitariýa-gigiýena, epidemiýa we radiasiýa ýagdaýyny ýüze çykarmak üçin zerur bolan materiallary hem-de maglumatlary bermekden boýun gaçyrylmagy;

25) döwlet sanitariýa gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralar tarapyndan ýapylan obýektlerdäki plombalary goparyp aýyrmak ýa-da olarda işi dikeltmek;

26) işçileriň we gullukçylaryň toparlary tarapyndan olaryň işleri bilen baglanyşykly hökmany bolan gigiýena okuwynyň geçirilmezligi;

27) heläkçilikler, sanitariýa-epidemiologiýa we radiasiýa ýagdaýy, ilatyň saglyk ýagdaýy hakyndaky maglumatlaryň bilgeşleýin ýaşyrylmagy ýa-da ýoýulmagy;

28) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hili we howpsuzlygy tassyklanýan resminamalary bolmadyk iýmit               önümleriniň ýerlenilmegi;

29) ýokanç keselleriň ojagynda öňüni alyş sanjymlaryny almakdan ýüz öwrülmegi;

30) öňüni alyş sanjymlaryny almakdan esassyz ýüz öwrülmegi, şeýle hem ýokanç keselli näsagyň we ýokanç keselleri bar diýlip güman edilen näsaglaryň hassahana ýerleşmekden ýüz öwürmegi.

3. Sanitariýa hukuk düzgüniniň bozulmagyna ýol beren wezipeli adamlar,  eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň işgärleri, fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgün-nyzam, administratiw hem-de jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner.

4. Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyny bozandygy üçin Türkmenistanyň raýatlary bilen umumy esaslarda jogapkärçilik çekýärler.

 

94-nji madda. Sanitariýa hukuk bozulmalary baradaky materiallaryň jogapkärçilik hakynda çäreleriň görülmegi üçin iberilmegi

 

Baş döwlet sanitariýa lukmanlarynyň we olaryň orunbasarlarynyň Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyny bozan adamlary jogapkärçilige çekmek hakyndaky meseläniň çözülmegi üçin, döwlet sanitariýa gözegçilik barlagynyň amala aşyrylmagy netijesinde alnan materiallary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şu aşakdakylara bermäge haky bardyr:

1) jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin – deslapky derňew edaralaryna;

2) düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek üçin – ýokarda durýan döwlet dolandyryş edarasyna ýa-da ýokarda durýan wezipeli adama;

3) jemgyýetçilik täsir ediş çärelerini görmek üçin – jemgyýetçilik birleşikleriniň edaralaryna.

 

 

 

2009-njy ýylyň 21-nji noýabry.

№ 74-IV.

 

 

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2017-nji ýylyň 1-nji apreline çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kodeksleri
Kabul edilen senesi 21.11.2009
Resminamanyň belgisi № 74-IV