Türkmenistanyň Howa Kodeksi

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Howa kodeksini tassyklamak we

güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 6-njy madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Howa kodeksini tassyklamaly.

 

2-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň Howa kodeksiniň güýje giren gününden başlap 1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Howa kodeksini hem-de oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňky kanunlary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň Howa kodeksiniň hereketi, ol güýje girenden soň ýüze çykan gatnaşyklara degişli edilýär.

 

5-nji madda. Awiasiýa çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Howa kodeksine laýyk getirilmäge degişlidir.

 

6-njy madda. Awiasiýa çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Howa kodeksine laýyk getirilýänçä, Türkmenistanyň Howa kodeksine garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

 

Türkmenistanyň                                                Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 10-njy ýanwary.

№ 255-IV.

 

TÜRKMENISTANYŇ

HOWA KODEKSI

 

Şu Kodeks ýuridik we fiziki şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmakda awiasiýanyň işiniň, şeýle hem Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça beýleki işiň, goranmagyň we döwletiň bähbitlerini gorap saklamagyň, howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygynyň, awiasiýa hem-de ekologik howpsuzlygyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanyň öz üstündäki howa giňişligine bolan özygtyýarlylygy

 

1. Türkmenistanyň çäginiň düzüm bölegi bolan özüniň howa giňişligi babatynda Türkmenistan doly we aýratyn özygtyýarlylyga eýedir.

2. Türkmenistanyň howa giňişligi diýlip, Türkmenistanyň çäginiň üstündäki howa giňişligine, şol sanda içerki suwlarynyň we çäk deňziniň üstündäki howa giňişligine düşünilýär.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň howa kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň howa kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kodeksden we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksde göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi

 

Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak we ony peýdalanyjylaryň işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklar şu Kodeks, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak hakynda düzgünnama, Türkmenistanyň howa giňişliginde uçuşlaryň kadalary, başga düzgünler, şeýle hem bellenilen tertipde kabul edilen Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň Howa kodeksiniň hereket edýän çygry

 

Türkmenistanyň Howa kodeksiniň hereketi onuň dahylly böleginde Türkmenistanyň çäginde, şeýle-de bolunýan ýurduň kanunlarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onuň çäginden daşarda hem Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanyjylaryň ählisine degişlidir.

 

5-nji madda. Awiasiýanyň görnüşleri we onuň peýdalanylmagy

 

1. Türkmenistanyň awiasiýasy döwlet we umumy maksatly awiasiýany öz içine alýan raýat awiasiýasyna bölünýär.

2. Döwlet awiasiýasyna harby awiasiýa, milli howpsuzlyk, içeri işler edaralarynda, serhet, gümrük gulluklarynda ulanylýan ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça beýleki döwlet dolandyryş edaralarynyň ygtyýarynda durýan howa gämileri we awiasiýa serişdeleri degişlidir. Döwlet awiasiýasy goranmak, howpsuzlygy we hukuk tertibini üpjün etmek, döwletiň bähbitlerini gorap saklamak maksatlary üçin peýdalanylýar.

3. Raýat awiasiýasyna howa arkaly daşaýyşlary we jemgyýetçilik maksatlarynda awiasiýa işlerini ýerine ýetirmek üçin peýdalanylýan awiasiýa degişlidir.

4. Umumy maksatly awiasiýa özi üçin bellenilen kadalara we düzgünlere laýyklykda hususy isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan peýdalanylýan awiasiýa degişlidir.

5. Türkmenistanyň awiasiýasy, degişliligine garamazdan, gyssagly lukmançylyk kömegini bermek, gözleg-halas ediş we heläkçilikde halas ediş işlerini geçirmek maksatlary üçin, şol sanda tebigy betbagtçylyklarda hem peýdalanylyp bilner.

(2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky we 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 63-nji madda)

 

6-njy madda. Türkmenistanyň awiasiýa serişdelerine bolan eýeçiligi

 

1. Howa gämileri, aeroportlar, aerodromlar, tehniki serişdeler we howa gämileriniň uçuşlaryny guramak, ýerine ýetirmek we üpjün etmek üçin zerur bolan beýleki emläk eýeçiligiň döwlet, hususy we gaýry görnüşlerinde bolup biler.

2. Döwlet awiasiýasy diňe döwlet eýeçiliginde durýar.

3. Awiasiýa serişdelerini eýeçilige edinmäge çäklendirmeler bellenilip bilinmez, muňa Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.

 

7-nji madda. Howa giňişliginden peýdalanmak we awiasiýanyň işini dolandyrmak çygrynda ygtyýarly edaralar

 

1. Howa giňişliginden peýdalanmak çygrynda döwlet dolandyryşy we gözegçiligi ygtyýarly edara - Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak hakynda düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Raýat awiasiýasynyň işi çygrynda döwlet dolandyryşy ygtyýarly edara - «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklaýan ol baradaky düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy görkezilen ugurlar boýunça işi beýleki döwletleriň we halkara guramalarynyň raýat awiasiýasynyň edaralary bilen utgaşdyrýar.

3. Döwlet awiasiýasynyň işi çygrynda döwlet dolandyryşy bu çygyrda ygtyýarly edara - Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Döwlet awiasiýasynyň çygrynda işi guramagy we bu işi dessin dolandyrmagy döwlet awiasiýasynyň bölümleri garamagynda bolan degişlilikde Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginde,  Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ygtyýarly dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

(2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky we 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 63-nji madda)

 

8-nji madda. Howa giňişliginden peýdalanmak we awiasiýanyň işi çygrynda döwlet dolandyryşy

 

Döwlet ygtyýarly edaralaryň üsti bilen howa giňişliginden peýdalanmak we awiasiýanyň işi çygrynda dolandyryşy aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrýar:

1) Türkmenistanyň goranmak ukyplylygyny we döwlet bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek;

2) Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerini berjaý etmek, hojalygy ýöredýän subýektleriň we ilatyň daşaýyşlara we awiasiýa işlerine bolan isleglerini öz wagtynda, doly we hilli kanagatlandyrmak;

3) awiasiýanyň netijeli ösdürilmegi, halkara howa arkaly daşaýyşlar bazaryna raýat awiasiýasynyň gatnaşmagyny giňeltmek üçin şertleri döretmek;

4) howa gämileriniň peýdalanylyşynyň kadalarynyň berjaý edilişine we uçuşlaryň howpsuzlygyna gözegçilik etmek;

5) awiasiýanyň çygryndaky işi güwälendirmek, bellige almak we ygtyýarlylandyrmak;

6) howa  giňişliginden peýdalanyjylaryň bähbitlerini berjaý etmek;

7) raýatlara awiasiýa ulag hyzmaty edilýän wagtynda olaryň hukuklaryny goramak;

8) dürli degişlilikdäki awiasiýanyň işini utgaşdyrmak;

9) daşky gurşawy awiasiýanyň işi bilen baglanyşykly zyýanly täsirden gorap saklamak.

 

9-njy madda. Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary

 

1. Döwlet we raýat awiasiýasynyň çygyrlarynda dolandyryşa we gözegçilige ygtyýarly edaralar ýuridik we fiziki şahsalaryň peýdalanmaklary üçin şulary kesgitleýän we düzgünleşdirýän Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalaryny işläp düzýärler, kabul edýärler we zerur halatynda neşir edýärler:

1) howa gämileriniň Türkmenistanyň howa giňişliginde uçuşlary ýerine ýetirmeginiň tertibini;

2) döwlet, raýat howa gämileriniň uçuşlaryny guramagyň we ýerine ýetirmegiň tertibini;

3) howa gämileriniň uçuşlarynyň üpjün edilmegini guramagyň tertibini;

4) Türkmenistanyň howa gämileri bilen bolup geçen awiasiýa wakalarynyň derňewini guramagyň we geçirmegiň tertibini, olaryň toparlara bölünişini we hasaba alnyşyny;

5) döwlet we raýat awiasiýanyň çygrynda güwälendirmegi;

6) howa gämilerini we aerodromlary döwlet belligine almagyň tertibini;

7) gözleg we heläkçilikde halas ediş işlerini geçirmegiň tertibini;   

8) daşky gurşawy gorap saklamak çygrynda standartlary we düzgünleri ýerine ýetirmegi;

9) ýükleri we poçta ugratmalaryny howa arkaly daşaýyşlardan gelip çykýan nägilelikleri bildirmegiň we olara garamagyň tertibini;

10) Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak we awiasiýanyň işi çygryndaky şu Kodeksde göz öňünde tutulan beýleki gatnaşyklary.

2. Türkmenistanyň döwlet awiasiýasynyň bölümleri garamagynda bolan ygtyýarly dolandyryş edaralary şu Kodeksiň 7-nji maddasynda kesgitlenilen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, awiasiýanyň işini we onuň howpsuzlygyny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalaryna laýyk gelýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär.

 

10-njy madda. Awiasiýanyň çygryndaky işiň güwälendirilmegi

 

1. Awiasiýa tehnikasyny işläp taýýarlamak, öndürmek, abatlamak we ulanmak bilen meşgul bolýan ýuridik şahslar, şeýle hem awiasiýa işgärleri şol şahsyň tehniki taýýarlygynyň derejesiniň Türkmenistanyň degişli döwlet awiasiýa kadalarynyň talaplaryna laýyk gelşine şahadatnama (güwänama) almalydyrlar.

Döwlet we raýat awiasiýasynda ygtyýarly edaralaryň güwälendirilýän obýektleriň Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary bilen bellenilen talaplara laýyk gelşini tassyklamak boýunça işi awiasiýanyň çygrynda güwälendirme diýlip ykrar edilýär.

Aşakdakylar güwälendirilmäge degişlidir:

1) howa gämilerini we beýleki awiasiýa tehnikasyny işläp taýýarlaýjylar we öndürijiler;

2) howa gämileri, awiasiýa hereketlendirijileri, howa perleri, bortdaky we ýerdäki awiasiýa gurallary we beýleki obýektler;

3) aerodromlar we aeroportlar;

4) ýolagçylary, ýükleri, poçtany howa arkaly daşaýşy we awiasiýa işlerini amala aşyrýan we üpjün edýän awiasiýa kärhanalary;

5) awiasiýa işgärleriniň wezipeleriniň sanawyna laýyklykda degişli derejeli hünärmenleri taýýarlamagy amala aşyrýan bilim edaralary;

6) işi howa gämileriniň uçuşynyň howpsuzlygyny ýa-da awiasiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gös-göni baglanyşykly bolan ýuridik şahslar;

7) awiasiýa tehnikasyna hyzmat etmegi we ony abatlamagy amala aşyrýan kärhanalar.

2. Türkmenistanda awiasiýa tehnikasyny işläp taýýarlamagy we öndürmegi güwälendirmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygryýarly edilen edara amala aşyrýar.

3. Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary bilen bellenilen güwälendirmegiň geçirilmegine bildirilýän talaplar ähli ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň berjaý etmegi üçin hökmanydyr.

Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalarynyň talaplarynyň berjaý edilmedik halatynda olara laýyklykda berlen güwänamanyň (şahadatnamanyň) hereketi bu güwänamany (şahadatnamany) beren ygtyýarly edaranyň çözgüdi bilen togtadylyp ýa-da ýatyrylyp bilner.

4. Güwälendirmegiň geçirilmegi bilen baglanyşykly harajatlary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

11-nji madda. Raýat awiasiýasynyň çygryndaky işi ygtyýarlylandyrmak

 

1. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde bellige alnan awiasiýa tehnikasyny ulanmak hukugyna bolan güwänamany (şahadatnamany) alan ýuridik we fiziki şahs howa arkaly daşaýyşlary ýerine ýetirmek we awiasiýa işlerini geçirmek bilen baglanyşykly işi raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan berlen ygtyýarnamalar boýunça amala aşyrýar.

Şeýle hem şu işler ygtyýarlylandyrmaga degişlidir:

1)  aeroportlarda we aerodromlarda howa gämilerine, ýolagçylara, ýüklere we poçta hyzmatyny etmek boýunça;

2) awiasiýa işgärleriniň wezipeleriniň sanawyna laýyklykda işgärlere bilim bermek we hünär taýdan taýýarlamak çygrynda;

3) umumy maksatly awiasiýanyň howa gämileriniň tehniki ýagdaýyna we olary ulanmagyň howpsuzlygyna gözegçiligi amala aşyrmak boýunça.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen işi amala aşyrmaga ygtyýarnamalar bermegiň, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmegiň, hereketini togtatmagyň, dikeltmegiň, bes etmegiň we ýatyrmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

3. Ygtyýarlylandyrmak boýunça harajatlary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

12-nji madda. Awiasiýanyň çygryndaky işe döwlet gözegçiligi

 

1. Raýat awiasiýasynyň çygryndaky işiň howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny we awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek böleginde döwlet gözegçiligi raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara we onuň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda döredýän gözegçilik edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Raýat awiasiýasynyň çygryndaky işe gözegçilik etmegi geçirmek maksady bilen gözegçilik edaralarynyň raýat awiasiýasynyň obýektlerine we serişdelerine çäklendirmesiz barmaga hukugy bardyr.

Gözegçilik gulluklarynyň wezipeli adamlarynyň barlaglary geçirmek bilen baglanyşykda bildirýän talaplary ýuridik we fiziki şahslaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmanydyr.

3. Döwlet awiasiýasynyň çygryndaky işiň howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek böleginde döwlet gözegçiligi şu çygyrda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýän tertipde we döwlet awiasiýasynyň bölümleri bar bolan edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Awiasiýanyň işine döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki döwlet edaralary hem özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyryp bilerler.

 

II BAP. HOWA GIŇIŞLIGINDEN PEÝDALANMAK

 

13-nji madda. Howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly iş

 

1. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly işe howa gämileriniň we beýleki uçujy gurallaryň uçuşlary, atyşlaryň we raketalaryň goýberilişiniň ähli görnüşleri, partlaýyş işleri we maddy obýektleri howa giňişliginde göçürmek bilen, şeýle hem elektromagnit we ýagtylyk şöhle ýaýratmalaryny peýdalanmak bilen baglanyşykly beýleki iş degişlidir.

2. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly işe zerur howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek bilen howa giňişliginden peýdalanmak, aeronawigasiýa hyzmatlary we awiasiýanyň işi çygrynda döwlet dolandyryşynyň we gözegçiliginiň wezipelerini amala aşyrýan ygtyýarly edaralaryň rugsady bilen ýol berilýär.

 (2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № __, __-nji madda)

 

14-nji madda. Howa giňişliginiň gurluşy

 

1. Howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly işi amala aşyrmak üçin howa giňişliginde tutuşlygyna Türkmenistanyň howa giňişliginiň gurluşyny emele getirýän howa hereketine, aerodromlara we aerouzellere hyzmat ediş ýerleri, howa ýollary, howa gämileriniň uçuşlarynyň ugurlary we ýörite zolaklary, uçuşlaryň gözegçilik edilmeýän ýerleri, gadagan edilen zolaklar we çäklendirilen zolaklar, poligonlaryň, partlaýyş işleriniň geçirilýän ýerleri, beýleki ýörite düzüm bölekleri bellenilýär.

2. Howa giňişliginiň gurluşy, onuň düzülmeginiň we üýtgedilmeginiň tertibi, howa giňişliginden peýdalanyjylarynyň arasynda meýilleşdirmegiň, utgaşdyrmagyň we bilelikdäki sazlaşykly hereketiň kadalary Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak hakynda düzgünnama arkaly kesgitlenilýär.

 

15-nji madda. Howa giňişliginden peýdalanyjylar we ondan peýdalanylanda ileri tutulmalar

 

1. Ýuridik we fiziki şahslar - howa giňişliginden peýdalanyjylar, şu Kodeksiň 13-nji maddasynda görkezilen işi amala aşyranlarynda deň hukuklara eýe bolýarlar we Türkmenistanyň çäginde birmeňzeş jogapkärçilik çekýärler.

2. Howa giňişliginden peýdalanyjylaryň iki we şondan köpüsinde bir wagtda howa giňişliginden peýdalanmak islegi ýüze çykanda ony peýdalanmak hukugy peýdalanyjylara döwlet ileri tutulmalaryna laýyklykda şu yzygiderlilikde berilýär:

1) howa hüjümini serpikdirmek, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň bozulmagynyň ýa-da Türkmenistanyň çägine ýaragly girilmeginiň öňüni almak we bes etmek;

2) tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda kömek bermek;

3) Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak hakynda düzgünnamanyň bozulmagynyň öňüni almak we bes etmek;

4) liter gatnawlaryny ýerine ýetirmek;

5) howa gämileriniň uçuşlaryny, şol sanda uçuşlary döwletiň goranmak ukyplylygynyň we howpsuzlygynyň bähbitlerine ýerine ýetirmek ýa-da Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlaryna laýyklykda başga işi amala aşyrmak;

6) söweşjeň taýýarlygyň barlanylýan halatynda, şeýle hem döwlet awiasiýasynyň bölümleriniň täze ýere geçirilýän halatynda döwlet howa gämileriniň uçuşlaryny ýerine ýetirmek;

7) uçuşlary ýerine ýetirmek ýa-da ýörite şertnamalara laýyklykda Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly başga işleri amala aşyrmak;

8) ýolagçylaryň we bagažyň yzygiderli howa arkaly daşaýyşlaryny ýerine ýetirmek;

9) döwlet howa gämileriniň beýleki uçuşlaryny ýerine ýetirmek;

10) ýükleriň we poçtanyň yzygiderli howa arkaly daşaýyşlaryny ýerine ýetirmek;

11) yzygiderli bolmadyk gatnawlarda, awiasiýa işleri ýerine ýetirilende howa arkaly daşaýyşlary ýerine ýetirmek;

12) howa gämileriniň synag uçuşlaryny ýerine ýetirmek;

13) howa gämileriniň okuw, sport we görkezme uçuşlaryny ýerine ýetirmek;

14) howa gämileriniň uçuşlaryny ýerine ýetirmek ýa-da, ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksatlary bilen amala aşyrylýan howa giňişliginden peýdalanmak boýunça başga iş.

 

16-njy madda. Howa giňişliginden peýdalanmagyň tertibi

 

1. Türkmenistanyň howa giňişligi howa gämileriniň uçuşlary we onuň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly işiň beýleki görnüşlerini amala aşyrmak üçin açykdyr.

2. Türkmenistanyň howa giňişliginden ýa-da onuň aýry-aýry ýerlerinden peýdalanmak bölekleýin çäklendirilip ýa-da tutuşlygyna gadagan edilip bilner.

3. Howa giňişliginden peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak hakynda düzgünnama bilen düzgünleşdirilýär.

4. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak boýunça çäklendirmeleriň ählisi aeronawigasiýa maglumat ulgamynyň ýollarynyň üsti bilen Türkmenistanyň, beýleki döwletleriň gyzyklanýan ýuridik we fiziki şahslarynyň we halkara awiasiýa guramalarynyň dykgatyna ýetirilýär.

5. Hemişelik hereket edýän gadagan zolaklar we uçuşlaryň çäklendirilen zolaklary aeronawigasiýa maglumatynyň ýygyndylaryna goşulýar.

6. Howa giňişliginden peýdalanmak hakyndaky aeronawigasiýa maglumaty howa giňişliginden peýdalanyjylaryň ählisi üçin elýeterlidir.

 

17-nji madda. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik

 

1. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň edaralary, şeýle hem howa hereketine hyzmat edýän we olar üçin bellenilen zolaklarda we ýerlerde uçuşlary dolandyrýan edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamy barada düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň edaralarynyň görkezmeleri howa giňişliginden peýdalanyjylaryň hemmesi üçin hökmanydyr.

3. Döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara Türkmenistanyň howa giňişliginde düzgüni bozan howa gämilerini ýüze çykarmak böleginde howa gämileriniň uçuşlaryna gözegçiligi amala aşyrýar.

4. Şu maddanyň birinji we üçünji böleklerinde görkezilen edaralar Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almak we bes etmek boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan çäreleri görmäge borçludyrlar.

 

18-nji madda. Howa giňişliginden peýdalanyjylaryň aragatnaşygyny guramak

 

1. Howa giňişliginden peýdalanyjylar Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň edaralary, şeýle hem olar üçin jogapkärçilik bellenilen ýerlerde howa hereketine hyzmat edýän we uçuşlary dolandyrýan edaralar bilen, howa giňişliginiň howa gämileriniň uçuşlaryny ýerine ýetirmek üçin peýdalanylan halatynda bolsa, Türkmenistanyň howa hüjüminden goranyş edaralary bilen aragatnaşyk ýollaryny guramaga borçludyrlar.

2. Howa giňişliginden peýdalanmak bilen baglanyşykly işi üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň kärhanalary aragatnaşygyň zerur ýollaryny we enjamlaryny peýdalanyjylara kärendesine berýärler. Berlen aragatnaşyk ýollary we enjamlary hatardan çykanda olar bellenilen tertipde başgalary bilen çalşyrylmalydyr.

3. Uçuşlary üpjün etmek we howa hereketini dolandyrmak üçin kärendesine berilýän aragatnaşyk ýollary bolmasa umumy peýdalanylýan aragatnaşyk serişdeleri peýdalanylyp bilner.

4. Uçuşlary üpjün etmek we howa hereketini dolandyrmak üçin umumy paýdalanylýan aragatnaşyk serişdelerini peýdalanmagyň tertibi döwlet we raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edaralar bilen bilelikde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan bellenilýär.

 

19-njy madda. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmaga rugsatnama

 

Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň bellenilen kadalara laýyklykda Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň degişli edarasynyň beren rugsatnamasy esasynda amala aşyrylýar, muňa Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanylmagy barada Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň degişli edarasynyň habarly edilmegi hökman bolup durýan, şu Kodeksiň 15-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.

 

20-nji madda. Türkmenistanyň howa giňişliginde we aeroportlarynda hyzmatlaryň edilenligi üçin töleg

 

Türkmenistanyň howa giňişliginde we aeroportlarynda aeronawigasiýa hyzmatlary we maglumat üpjünçiligi üçin töleg howa gämilerden (Türkmenistanyň döwlet awaisiýasynyň howa gämileri muňa girmeýär) raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň howa giňişliginde aeronawigasiýa hyzmatywe aeroportlarynda hyzmatlaryň edilenligi üçin ýygymlary ulanmagyň kadalarynda bellenilen tertipdealynýar.

 (2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № __, __-nji madda)

 

21-nji madda. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň kadalarynyň bozulmagy

 

1. Şu Kodeksiň we Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak baradaky beýleki kadalaşdyryjy namalarynyň talaplary berjaý edilmezden Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanylmagy bilen baglanyşyklylykda amala aşyrylýan iş Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň kadalarynyň bozulmagy diýlip ykrar edilýär.

2. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň kadalaryny bozýan howa giňişliginden peýdalanyjylar olaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýan edaralaryň talap etmegi boýunça şeýle işi haýal etmän bes etmäge we ýol berlen bozulmalary öz güýçleri bilen düzetmäge borçludyrlar.

 

22-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýdaky hereketler

 

Adatdan daşary ýagdaýdaky şertlerde, şeýle hem jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak üçin jogapkärçilik dolulygyna döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara berlip bilner.

 

III BAP. HOWA GÄMILERI

 

23-nji madda. Howa gämisi diýen düşünje

 

Ýerden (suwdan) serpigýän howa bilen özara täsirden tapawutlanýan, howa bilen onuň özara täsiriniň hasabyna atmosferada saklanýan uçujy gural howa gämisi diýlip ykrar edilýär.

 

24-nji madda. Howa gämilerini bellige almak

 

1. Raýat awiasiýasynyň howa gämileri, şeýle hem döwlet awiasiýasynyň howa gämileri Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalarynyň talaplaryna laýyklykda bellige alynmaga degişlidir.

2. Raýat awiasiýasynyň howa gämileri Türkmenistanyň raýat howa gämileriniň döwlet sanawynda, döwlet awiasiýasynyň howa gämileri bolsa Türkmenistanyň döwlet howa gämileriniň döwlet sanawynda bellige alynýar.

Howa gämisiniň degişli sanawa girizilmegi bilen onuň eýesine bellige alnanlygy hakyndaky şahadatnama berilýär.

3. Türkmenistanyň raýat howa gämileriniň döwlet sanawyny we Türkmenistanyň döwlet howa gämileriniň döwlet sanawyny ýöretmegiň, şeýle hem bellige alnanlygy hakyndaky şahadatnamalary bermegiň tertibi degişlilikde raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara we döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Planýorlary, deltaplanlary, has ýeňil uçujy gurallary, sport üçin niýetlenilen beýleki howa gämilerini, höwesjeň gurluşly howa gämilerini, aerostatik gurallary bellige almagy, şeýle hem olaryň bellige alnanlygy hakyndaky şahadatnamalary bermegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän edara amala aşyrýar.

 

25-nji madda. Howa gämileriniň bellige alynmagyny ykrar etmek

 

1. Howa gämisiniň Türkmenistanyň raýat howa gämileriniň döwlet sanawyna ýa-da Türkmenistanyň döwlet howa gämileriniň döwlet sanawyna girizilen pursadyndan, şol gämi babatda daşary ýurt döwletleriniň howa gämileriniň sanawlarynda öňki edilen ähli ýazgylar Türkmenistan tarapyndan ykrar edilmeýär.

2. Еger howa gämisi Türkmenistanyň howa gämileriniň sanawlaryndan bellenilen tertipde çykarylmadyk bolsa, Türkmenistanyň howa gämisiniň daşary ýurt döwletiniň howa gämileriniň sanawlaryna girizilmegi deň ýagdaýda Türkmenistan tarapyndan ykrar edilmeýär.

 

26-njy madda. Howa gämisini sanawdan çykarmak

 

1. Howa gämisi şu halatlarda Türkmenistanyň raýat howa gämileriniň döwlet sanawyndan ýa-da Türkmenistanyň döwlet howa gämileriniň döwlet sanawyndan çykarylýar:

1) hasapdan öçürilende ýa-da howa gämisi ulanyşdan aýrylanda;

2) howa gämisi bellenilen tertipde daşary ýurt döwletine, daşary ýurtly ýuridik ýa-da fiziki  şahslara satylanda ýa-da berlende;

3) howa gämilerini bellige almagyň Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary bilen kesgitlenilen resmi tertiplerinde göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Howa gämisi Türkmenistanyň raýat howa gämileriniň döwlet sanawyndan ýa-da Türkmenistanyň döwlet howa gämileriniň döwlet sanawyndan çykarylanda, howa gämisini bellige almak hakyndaky şahadatnama we bu gämi babatda degişli sanawda edilen ähli ýazgylar güýjüni ýitirýär.

 

27-nji madda. Raýat howa gämisiniň görnüşiniň güwälendirilmegi

 

1. Gurluşy täze görnüşli raýat howa gämisi Türkmenistanda hereket edýän uçuşa ýaramlylyk ölçeglerine laýyk gelşine güwälendirilmelidir we onuň görnüşiniň güwänamasy bolmalydyr.

2. Raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň uçuşa ýaramlylyk ölçegleri we uçuşa ýaramlylyk güwänamasynyň berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary arkaly bellenilýär.

3. Raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň güwälendirilmegini, şeýle hem olaryň uçuşa ýaramlylyk ölçeglerine laýyk gelşine gözegçiligi raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Howa gämisiniň uçuşa ýaramlylygyna täsir edýän onuň görnüşiniň tassyklanylan gurluşy (görnüşli gurluşy) üýtgedilen ýa-da onuň ulanyş tehniki resminamalary üýtgedilen halatynda howa gämisiniň şol görnüşi goşmaça güwälendirilmegi geçmelidir we görnüşiň güwänamasynyň goşmaçasyny almalydyr.

5. Uçuşlaryň howpsuzlygyna wehim salýan kemçilikler ýüze çykarylan halatynda howa gämisiniň görnüşiniň güwänamasynyň hereketi ony beren döwlet edarasy tarapyndan togtadylyp ýa-da ol ýatyrylyp bilner.

 

28-nji madda. Howa gämisiniň ulanylmagyna rugsat bermek

 

1. Raýat howa gämisiniň her bir nusgasy onuň gurluşynyň, häsiýetleriniň we ulanyş-tehniki resminamalarynyň Türkmenistanyň raýat howa gämilerini güwälendirmegiň döwlet kadalarynda göz öňünde tutulan talaplara, şeýle hem uçuşa ýaramlylygynyň hereket edýän ölçeglerine we ýerlerde sesiniň hem zyýanly maddalaryň emissiýasy boýunça ýol berilýän derejeleriň talaplaryna laýyk gelşine güwälendirilmelidir, bu barada howa gämisiniň eýesine bort resminamasy  hökmünde onuň uçuşlary ýerine ýetirmäge ýaramlydygy barada degişli şahadatnama (güwänama) berilýär.

2. Raýat awiasiýasynyň görnüş güwänamasy bolan howa gämisi, eger ol Türkmenistanyň raýat howa gämileriniň döwlet sanawynda bellige alnan bolsa we onuň uçuşlara ýaramlydygy barada şahadatnamasy (güwänamasy) bar bolsa, ulanylmaga goýberilýär.

3. Görnüş güwänamasy bolmadyk, ýöne şu Kodeksiň güýje girizilmegine çenli ulanyşda duran raýat awiasiýasynyň howa gämisi onuň uçuşlara ýaramlydygy barada hereket edýän şahadatnamanyň (güwänamanyň) esasynda ulanylmaga goýberilýär.

4. Raýat howa gämisiniň uçuşa ýaramlylyk güwänamasynyň talaplaryna we uçuşlaryň howpsuzlygynyň beýleki talaplaryna laýyk gelýän ýagdaýda saklanylmagy howa gämisini ulanyjynyň üstüne ýüklenilýär.

5. Döwlet awiasiýasynyň howa gämilerini ulanylmagyna rugsat berilmegi döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

6. Döwlet howa gämileri ulanylanda olary uçuşa ýaramlylyk talaplaryna we uçuşlaryň howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýän ýagdaýda saklanylmagy ygtyýarynda döwlet howa gämileri bolan döwlet pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.

 

29-njy madda. Import edilýän howa gämileriniň güwälendirilmegi

 

1. Import edilýän howa gämisiniň her bir nusgasy uçuşa ýaramlylygynyň eksport güwänamasy ýa-da oňa barabar bolan, eksport edýän ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen resminamasy bolmalydyr.

2. Türkmenistana import edilýän howa gämisiniň ulanylmagyna rugsat, onuň Türkmenistanda hereket edýän raýat howa gämileri üçin uçuşa ýaramlylyk ölçeglerine ýa-da döwlet howa gämileri üçin esasy tehniki talaplara laýyk gelýändigi anyklanylandan soň berlip bilner.

3. Import edilýän howa gämisiniň güwälendirilmegi bilen baglanyşykly harajatlary maliýeleşdirmek howa gämisini edinmek baradaky şertnama laýyklykda amala aşyrylýar.

 

30-njy madda. Daşary ýurt howa gämisiniň uçuşa ýaramlylyk güwänamasyny ykrar etmek

 

Daşary ýurt howa gämisiniň uçuşa ýaramlylyk güwänamasy, şeýle güwänamany bermäge ýa-da onuň bellige alnan döwleti tarapyndan oňa ýuridik güýç bermäge bildirilýän talaplaryň Türkmenistanda bellenilen talaplara laýyk gelýän ýa-da olardan ýokary geçýän şertlerinde, ol Türkmenistanda hakyky diýlip ykrar edilýär.

 

31-nji madda. Howa gämilerini bilelikde peýdalanmak

 

1. Türkmenistan beýleki döwletler bilen özara ylalaşyklar esasynda howa gämilerini bilelikde peýdalanmaga gatnaşyp biler.

2. Eger bu döwletiň kanunlaryna we bähbitlerine garşy gelmeýän bolsa, Türkmenistanda öz işlerini amala aşyrýan awiakompaniýalar raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edaranyň rugsatnamasy boýunça garyşyk we bilelikdäki daşaýyşlar boýunça hyzmatdaşlyk edip bilerler.

 

32-nji madda. Howa gämilerine goýulýan belgilemeler

 

1. Howa gämileri bellige alnanda olara döwlet we bellige alyş tanadyjy belgileri berilýär, belgiler şol howa gämilerine goýulýar.

Döwlet we bellige alyş tanadyjy belgilerinden başga-da howa gämisine goşmaça belgiler (nyşanlar, ýazgylar, emblemalar) goýlup bilner.

2. Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň howa gämilerine döwlet we bellige alyş tanadyjy hem-de goşmaça belgileri goýmagyň tertibi raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara, döwlet awiasiýasynyň howa gämilerine bolsa, döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

3. Türkmenistanyň howa giňişliginde döwlet we bellige alyş tanadyjy belgileri bolmadyk howa gämileriniň uçuşlaryna ýol berilmeýär.

 

33-nji madda. Howa gämisiniň çagyryş belgisi we çagyryş radiosignaly

 

Radioaragatnaşyk serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan Türkmenistanyň her bir howa gämisine bellenilen tertipde çagyryş belgisi we çagyryş radiosignaly berilýär.

 

34-nji madda. Howa gämilerini peýdalanmak hukugyna çäklendirmeler

 

Aýratyn ýagdaýlarda ýüze çykýan Türkmenistanyň çäginde howa gämilerini peýdalanmak hukugynyň çäklendirmeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýär.

 

35-nji madda. Howa gämileriniň kärendesinde hukuklaryň we borçlaryň berilmegi

 

1. Howa gämisiniň eýesi bilen ony geljekde ulanyjynyň arasynda ylalaşygyň bolan halatynda Türkmenistanyň howa gämileri (ekipažy bilen ýa-da ekipažsyz) daşary ýurt ulanyjysyna degişli hukuklary we borçlary bermek bilen kärendesine berlip bilner.

2. Türkmenistanyň ulanyjysy tarapyndan daşary ýurt howa gämisi kärendesine alnan halatlarynda hem şuňa meňzeş tertip ulanylýar.

 

IV BAP. AWIASIÝA IŞGÄRLERI

 

36-njy madda. Awiasiýa işgärleri we onuň düzümi

 

1. Ýörite taýýarlygy bolan we howa gämileriniň uçuşlaryny guramak, ýerine ýetirmek, üpjün etmek we hyzmat etmek işini amala aşyrýan adamlar awiasiýa işgärlerine degişlidir.

2. Awiasiýa işgärleriniň düzümine aşakdakylar girýär:

1) howa gämisiniň ekipažy;

2) serkerde-ýolbaşçy, serkerde-uçuş, gözegçiler we gözükdirijiler düzümleriniň adamlary;

3) howa hereketini guramagy we oňa hyzmat etmegi amala aşyrýan adamlar;

4) howa gämileriniň uçuşlaryny guramagy we üpjün etmegi amala aşyrýan adamlar;

5) howa gämileriniň guralyşyny we tehniki hyzmatyny amala aşyrýan adamlar;

6) howa arkaly daşaýyşlara hyzmat edýän hünärmenler;

7) awiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegini аmala aşyrýan hünärmenler;

8) işi howa gämileriniň uçuşlaryny guramak, ýerine ýetirmek, üpjün etmek we hyzmat etmek bilen baglanyşykly bolan beýleki adamlar.

3. Adamlary raýat awiasiýasynyň awiasiýa işgärlerine degişli etmegiň tertibi raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara, döwlet awiasiýasynyň awiasiýa işgärlerine bolsa döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

 

37-nji madda. Awiasiýa işgärleriniň hünär işine rugsat bermek

 

1. Awiasiýa işgärleriniň düzümine girýän adamlar hünär alamaty boýunça Türkmenistanda hereket edýän hünärleýin talaplara laýyk gelşine hünär synagyndan geçmelidir.

2. Howa gämileriniň uçuşlaryny üpjün etmek we ýerine ýetirmek bilen gös-göni baglanyşykly bolan awiasiýa işgärleri, şeýle işi amala aşyrmak hukugyna bolan şahadatnamasy (güwänamasy) we saglyk ýagdaýy boýunça bellenilen talaplara laýyk gelýändigi baradaky güwänamasy bar bolanda awiasiýada hünär işine goýberilýär.

3. Awiasiýa işgärleriniň düzümine girýän adamlary hünär işine rugsat bermegiň tertibi raýat awiasiýasy üçin raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara, döwlet awiasiýasy üçin bolsa döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

 

38-nji madda. Awiasiýa işgärleriniň şahadatnamalaryny ykrar etmek

 

Awiasiýa işgärleriniň daşary ýurt döwleti tarapyndan berlen şahadatnamalary (güwänamalary), olara ýuridik güýç bermäge bildirilýän talaplaryň Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary tarapyndan bildirilýän iň pes talaplaryna laýyk gelýän ýa-da olardan ýokary geçýän şertlerinde, olar Türkmenistanda hakyky diýlip ykrar edilýär.

 

39-njy madda. Awiasiýa işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak

 

1. Raýat awiasiýasynyň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak degişli güwänamasy bar bolan awiasiýa okuw mekdeplerinde, taýýarlaýyş, gaýtadan taýýarlaýyş we hünäri ýokarlandyryş merkezlerinde, beýleki ýöriteleşdirilen edaralarda, şol sanda Türkmenistanda ykrar edilýän güwänamasy bolan daşary ýurt döwletleriniň çäginde ýerleşenlerde, amala aşyrylýar.

Döwlet awiasiýasynyň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünäri ýokarlandyrmagyň tertibi döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Okuw mekdeplerini, beýleki ýöriteleşdirilen edaralary, döwlet we raýat awiasiýasynyň awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş, gaýtadan taýýarlaýyş we hünäri ýokarlandyryş merkezlerini güwälendirmek döwlet we raýat awiasiýasynyň çygrynda degişli ygtyýarly edaralar tarapyndan geçirilýär.

3. Aeroportlaryň administrasiýalary, howa gämileriniň ulanyjylary we beýleki ýuridik şahslar ýolagçylara hyzmat etmek bilen baglanyşykly işgärler taýýarlanylanda we gaýtadan taýýarlanylanda mätäç bolan ýolagçylara ilkinji lukmançylyk kömegini, şeýle hem maýyplygy bolan ýolagçylara zerur kömegi we hyzmatlary bermek boýunça işi utgaşdyrmakda işgärleriň ýörite taýýarlygyny göz öňünde tutmaga borçludyrlar.

 

40-njy madda. Howa gämisiniň ekipažy

 

1. Howa gämisiniň ekipažy uçuş ekipažyndan (serkerdeden, uçuş düzüminiň beýleki adamlaryndan) we kabina ekipažyndan (bort operatorlardan we bort ýolbeletlerden) ybaratdyr.

2. Howa gämisiniň ekipažynyň düzümi howa gämisiniň görnüşine, derejesine  we  niýetlenilişine,  şeýle  hem  onuň ulanylyşynyň  maksatlaryna we şertlerine baglylykda işläp taýýarlaýjy we buýrujy tarapyndan kesgitlenilýär hem-de howa gämisiniň her bir görnüşiniň uçuş-ulanyş resminamalarynda görkezilýär. Howa gämisiniň ekipažynyň düzümine raýat awiasiýasynyň gämileri üçin raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara, döwlet awiasiýasynyň gämileri üçin howa gämisi garamagynda durýan degişli ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýän tertipde, şol howa gämisini ulanmak bilen baglanyşykly başga awiasiýa işgärleri hem girizilip bilner.

3. Uçuş ekipažy doly düzümde bolmadyk ýagdaýynda howa gämisiniň uçuşyna ýol berilmeýär.

 

41-nji madda. Howa gämisiniň serkerdesi

 

1. Pilotyň (uçarmanyň) hereket edýän güwänamasy (şahadatnamasy) bolan, şeýle hem şol görnüşli howa gämisini özbaşdak dolandyrmak we ekipaža ýolbaşçylyk etmek üçin zerur taýýarlygy we tejribesi bolan adam howa gämisiniň serkerdesi bolup biler.

2. Ekipažy bir pilotdan (uçarmandan) ybarat bolan howa gämisini özbaşdak dolandyrmagy amala aşyrýan pilot (uçarman), şeýle hem uçuş taýýarlygy maksatnamasyna laýyklykda howa gämisini dolandyrmagy özbaşdak ýerine ýetirýän uçuş okuw mekdebiniň kursanty (talyby) howa gämisiniň serkerdesi diýlip ykrar edilýär.

 

42-nji madda. Howa gämisiniň serkerdesiniň hukuklary

 

1. Howa gämisiniň serkerdesi ekipažyň ähli işine ýolbaşçylyk edýär, gämide berk düzgün-nyzamy we tertibi, gäminiň uçuşlarynyň we ulanylyşynyň kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär, şeýle hem bortdaky adamlaryň howpsuzlygyny, gäminiň we emlägiň abat saklanmagyny üpjün etmek üçin zerur çäreleri görýär.

2. Howa gämisiniň serkerdesi şu aşakdakylara hukuklydyr:

1) howa gämisiniň uçmagy, uçuşy we gonmagy, şeýle hem uçuşy bes etmek we uçulan ýere gaýdyp gelmek ýa-da mejbury gonmak hakynda gutarnykly karary kabul etmäge. Şeýle çözgüt uçuşyň howpsuzlygyna görnetin wehim salnan halatynda, şeýle hem adamlaryň janyny halas etmek, daşky gurşawa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak maksady bilen alnyp barylýan hereketler barada howa hereketini dolandyrýan edara hökman habar bermek we mümkin boldugyça uçuşlaryň kadalarynyň talaplaryny berjaý etmek bilen uçuşyň meýilnamasyndan, howa hereketini dolandyrýan edarasynyň görkezmesinden we uçuş tabşyrygyndan çykmak bilen kabul edilip bilner;

2) öz ygtyýarlygynyň çäklerinde howa gämisiniň bortundaky islendik adama gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine degişli bolan buýruklary we tabşyryklary bermäge;

3) ýolagçyda (ýolagçylarda), el goşunda we bagažda uçuşyň howpsuzlygyna wehim salýan maddalaryň we närseleriň bardygy hakynda şübhelenmäge ýeterlik esaslar bolanda, howa gämisiniň bortunda oňa (olara) gözden geçirişi geçirmek barada karar kabul etmäge;

4) öz hereketleri bilen uçuşyň howpsuzlygyna gös-göni wehim salýan we onuň buýruklaryna tabyn bolmaýan adamlara ähli zerur çäreleri görmäge. Howa gämisiniň golaýdaky aerodroma gelmegi bilen howa gämisiniň serkerdesi şeýle adamlary gämiden çykaryp biler, jenaýat alamatlary bolan hereketler amala aşyrylan halatynda olary degişli edaralara berip biler;

5) uçuşyň howpsuzlygyny üpjün etmek we howa gämisini gondurmak üçin zerur bolsa ýangyjy dökmek, bagažy, ýüki we poçtany taşlamak hakynda gutarnykly çözgüdi kabul etmek.

3. Mejbury gonulan halatynda howa gämisiniň serkerdesi ygtyýarlyklaryny ygtyýarly edaralara berýänçä, gäminiň bortundaky ähli adamlaryň hereketlerine ýolbaşçylyk edýär.

 

V BAP. AЕRODROMLAR WE AЕROPORTLAR

 

43-nji madda. Aerodromlaryň we aeroportlaryň toparlara bölünişi

 

1. Aerodrom (dikuçar duralgasy) munuň özi howa gämileriniň uçmagy, gonmagy, sürlüp öwrülmegi, durmagy we olara hyzmat edilmegi üçin ýörite enjamlaşdyrylan ýer ýa-da suw bölegidir.

2. Awiasiýanyň görnüşine degişlidigine baglylykda aerodromlar raýat, harby we bilelikde ýerleşdirilýän ýa-da bilelikde peýdalanylýan aerodromlara bölünýär.

3. Dürli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagynda bolan howa gämileriniň ýerleşýän raýat ýa-da döwlet awiasiýasynyň aerodromy bilelikde ýerleşdirilýän aerodrom diýlip ykrar edilýär.

4. Aerodromda ýerleşdirmek hukugy bolmazdan raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň uçuşlaryny ýerine ýetirýän döwlet awiasiýasynyň aerodromy bilelikde peýdalanylýan aerodrom diýlip ykrar edilýär.

5. Howa giňişliginden dürli peýdalanyjylar tarapyndan aerodromlara bilelikde ýerleşdirilmegi ýa-da olardan bilelikde peýdalanylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde amala aşyrylýar.

6. Aeroport, munuň özi howa gämilerini kabul etmäge we ugratmaga hem-de howa arkaly daşaýyşlara hyzmat etmek üçin niýetlenilen, şu maksatlar üçin aerodromy, aeromenzili, beýleki ýerüsti desgalary, şeýle hem zerur gerek bolan gurallary we işgärleri bar bolan desgalar toplumydyr.

7. Aeroportlar niýetlenilişi boýunça içerki we halkara aeroportlara bölünýär.

8. Halkara aeroporty, munuň özi halkara uçuşlaryny amala aşyrýan howa gämilerini kabul etmek, goýbermek we hyzmat etmek üçin we şol maksatlar üçin serhet, gümrük, migrasiýa we karantin gözegçilik nokatlary bilen aeromenzili bar bolan döwlet tarapyndan bölünip berlen aeroportdyr.

 

44-nji madda. Aerodromlaryň, aeroportlaryň we Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň obýektleriniň gurluşygy we durkunyň täzelenmegi

 

1. Aerodromlaryň, aeroportlaryň, gonuş meýdanlarynyň we Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň obýektleriniň gurluşygy we durkunyň täzelenmegi üçin ýer bölekleriniň bölünip berilmegi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda geçirilýär.

2. Aerodromlar we aeroportlar üçin ýer bölekleriniň möçberleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän düzgünlere laýyklykda bellenilýär.

3. Gözleg işlerini geçirmek, aerodromlaryň, aeroportlaryň we Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň obýektleriniň taslamalaryny düzmek, gurmak, durkuny täzelemek we başga ýere göçürmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde degişli ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary, döwlet dolandyryş edaralary bilen ylalaşylýar.

4. Aerodromlaryň we Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň obýektleriniň gurluşygy we durkunyň täzelenmegi awiasiýa sesleriniň, awiasiýa hereketlendirijileriniň emissiýasynyň, elektromagnit we beýleki şöhlelenmeleriň zyýanly täsirini aradan aýyrmak hasaby bilen amala aşyrylmalydyr.

5. Aeroportlaryň taslanylmagy we gurluşygy maýyplygy bolan adamlaryň aýratyn isleglerini nazara almak bilen olar üçin zerur umumylykda peýdalanylýan ýerleriň, ulag we aragatnaşyk serişdeleriniň elýeter bolmagyny üpjün edýän enjamlaryň bolmagyny göz öňünde tutmalydyr.

Aeroportlaryň enjamlaşdyrylmagy maýyplygy bolan ýolagçylary mündürmegi we düşürmegi olaryň şahsy mertebe duýgularyny kemsitmezden guralmagyny göz öňünde tutmalydyr.

 

45-nji madda. Aerodromlaryň we aeroportlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň obýektleriniň güwälendirilmegi

 

1. Awiasiýada peýdalanylýan aerodromlar we aeroportlar hökmany güwälendirilmäge degişlidir. Bu aerodromlary we aeroportlary, olaryň gurallaryny güwälendirmegiň tertibi we şol gurallaryň sanawy Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary bilen kesgitlenilýär.

2. Howa hereketini guramak üçin niýetlenilen jaýlaryň, desgalaryň, kommunikasiýalaryň toplumlary, şeýle hem howa hereketine, nawigasiýa, gonmaga we aragatnaşyga hyzmat ediş serişdeleriniň we ulgamynyň ýerüsti obýektleri Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň obýektleri bolup durýar. Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň obýektleriniň sanawy Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary bilen kesgitlenilýär.

3. Aerodromlara we aeroportlara bildirilýän talaplar Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary tarapyndan bellenilýär we bu aerodromlaryň we aeroportlaryň taslamalarynyň düzülmegine, gurluşygyna, kabul edilmegine, ulanylmagyna we abatlanylmagyna gatnaşýan ähli döwlet dolandyryş edaralary, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilmegi üçin hökmanydyr.

4. Aerodromlarda oturdylýan radiotehniki, ýagtylandyryş tehniki we meteorologik gurallar, şeýle hem Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň obýektleri ulanmagyň degişli ýaramlylyk güwänamasy bilen tassyk edilýän ulanmaga ýaramlylyk ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelmelidir.

5. Aerodromlaryň we aeroportlaryň olara bildirilýän talaplara laýyk gelmegine döwlet gözegçiligi degişlilikde döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara we raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

 

46-njy madda. Aerodromlaryň döwlet belligine alynmagy

 

1. Raýat aerodromlarynyň ählisi ulanyja bellige alnandygy barada şahadatnamanyň berilmegi bilen Türkmenistanyň raýat aerodromlarynyň döwlet sanawynda bellige alynmaga degişlidir.

Raýat aerodromlaryny bellige almagyň tertibi raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

2. Döwlet awiasiýasynyň aerodromlary we bilelikde ýerleşdirilýän ýa-da bilelikde peýdalanylýan aerodromlary bellige almagyň tertibi we peýdalanmagyň şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

47-nji madda. Aerodromlaryň we aeroportlaryň ulanylmagyna rugsat berilmegi

 

1. Raýat awiasiýasynda peýdalanylýan aerodromlaryň we aeroportlaryň ulanylmagyna rugsat berilmegi degişli güwänamalar esasynda raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Döwlet awiasiýasynyň aerodromlary döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde ulanylmaga goýberilyär.

3. Türkmenistanyň raýat aerodromlarynyň döwlet sanawynda bellige alnandygy baradaky şahadatnamasy bolmazdan raýat awiasiýasynyň aerodromynyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

4. Aerodromy ulanyjy – güwänamany saklaýjy aerodromyň ulanylmagynyň bütin dowamynda onuň ýaramlylyk ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün edýär.

5. Aerodromy ulanyjy diýlip, eýeçilik hukugy, kärende şertnamasy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça şol aerodrom degişli bolan Türkmenistanyň, şeýle hem başga döwletiň ýuridik ýa-da fiziki şahsy ykrar edilýär.

6. Raýat awiasiýasynyň aerodromynyň ulanmak baradaky talaplara laýyk gelmeýän ýa-da Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary bilen bellenilen talaplaryň bozulan halatynda raýat awiasiýasynyň aerodromynyň ýaramlylyk güwänamasynyň hereketi bu güwänamany beren ygtyýarly edara tarapyndan togtadylyp ýa-da ol ýatyrylyp bilner.

 

48-nji madda. Aerodroma golaý ýerde obýektleriň gurulmagy we ýerleşdirilmegi

 

1. Aerodroma golaý ýerde howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyna wehim salyp biljek ýa-da aerodromlaryň radiotehniki serişdeleriniň kadaly işlemegi üçin päsgelçilik döredip biljek jaýlaryň, desgalaryň, aragatnaşyk liniýalarynyň, ýokary woltly elektrik geçiriji liniýalaryň, radiotehniki we beýleki obýektleriň taslamalaryny düzmek, gurmak we ýerleşdirmek boýunça işler aerodromyň eýesi we ony ulanmaga hukuk berýän güwänamany (rugsady) beren ygtyýarly edara bilen ylalaşylmalydyr.

2. Aerodromlara golaý ýerlerde senagat, raýat we ýaşaýyş jaý gurluşygy awiasiýa sesleriniň, awiasiýa hereketlendirijileriniň emissiýasynyň, elektromagnit we beýleki şöhlelenmeleriň ýetirip biljek ýaramaz täsirini aradan aýyrmagy hasaba almak bilen amala aşyrylmalydyr.

3. Aerodromyň töweregindäki çäklerde gurluşyk kadalarynyň bozulmagyna we beýleki bozulmalara ýol beren kärhanalar, edaralar, guramalar we fiziki şahslar aerodromyň eýesiniň ýa-da ol tarapyndan ygtyýarly edilen şahsyň talap etmegi boýunça aerodromyň töweregindäki çäkde gurluşygy ýa-da başga hereketleri haýal etmän bes etmäge we goýberilen düzgün bozulmalaryny düzetmäge borçludyrlar.

 

49-njy madda. Aeroportyň ulag gatnawy we ilatly ýerler bilen aragatnaşygy

 

1. Aeroportlaryň golaýdaky şäherler we beýleki ilatly ýerler bilen yzygiderli ulag gatnawy bolmalydyr.

2. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary garamagyndaky çäklerde gyzyklanýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde aeroportlara alyp barýan ýollary gurmagy, durkuny täzelemegi,  abadanlaşdyrmagy we ulanmagy, aeroportyň işiniň düzgünini hasaba almak bilen ýolagçy ulaglarynyň yzygiderli hereketini, şeýle hem şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň aeroportlar bilen telefon aragatnaşygyny we aragatnaşygyň başga serişdelerini üpjün edýärler.

3. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary aeroportlaryň ilatly ýerler bilen ulag aragatnaşygy guralanda maýyplygy bolan adamlar üçin zerur enjamlar oturdylan we ýörite bölünip berlen ýerleri bolan ulag serişdeleriniň peýdalanylmagyny göz öňünde tutmaga borçludyrlar.

 

50-nji madda. Aerodromyň töweregindäki çäkde jaýlara we desgalara bellik etmek

 

1. Aerodromyň töweregindäki çäk (aerodroma ýanaşyk ýerleşýän, obýektlere hem päsgelçiliklere gözegçilik we olary hasaba alyş zolagy) - aerodromyň daş-töweregindäki bellenilen möçberler bilen çäklendirilen, üstünde howa gämileriniň manýowry amala aşyrylýan ýerler.

2. Howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen aerodromyň töweregindäki çäkde ýerleşen jaýlaryň we desgalaryň eýeleri bellenilen kadalara laýyklykda öz hasabyna şol jaýlarda we desgalarda gijeki we gündizki bellik nyşanlaryny we gurluşlary ýerleşdirmäge borçludyrlar.

3. Aerodromlaryň tanalmagy üçin kabul edilen bellik nyşanlaryna we gurluşlara meňzeş haýsydyr bir nyşanlary we gurluşlary aerodromlara golaý ýerde ýerleşdirmek gadagandyr.

 

51-nji madda. Aerodromlaryň ýapylmagy

 

Aerodromlaryň ýapylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

VI BAP. HOWA GÄMILERINIŇ UÇUŞLARY

 

52-nji madda. Uçuşlary ýerine ýetirmegiň guralyşy we kadalary

 

1. Howa gämisiniň uçup gitmek maksady bilen öz çekiş güýjüniň hasabyna gäminiň hereket edip başlan pursadyndan, gonandan soňra onuň durýan pursadyna çenli, şeýle hem onuň howada saklanýan pursady uçuşda bolýan gämi diýlip hasap edilýär.

2. Howa gämileriniň Türkmenistanyň howa giňişligindäki uçuşlary Türkmenistanyň howa giňişliginde uçuşlaryň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

3. Türkmenistanyň raýat howa gämileriniň döwlet sanawynda bellige alnan howa gämileriniň ähli uçuşlary Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy astynda ýerine ýetirilýär.

4. Uçuşlary guramagyň tertibi raýat awiasiýasynyň howa gämileri üçin raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan, döwlet awiasiýasynyň howa gämileri üçin bolsa, döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

 

53-nji madda. Howa gämisiniň uçuşyna rugsat bermek

 

1. Döwlet we bellige alyş ýa-da hasaba alyş tanadyjy belgileri bolan, ulanyş-tehniki resminamalaryna laýyklykda üpjün edilen we gurat ýagdaýda bolan howa gämisi şu aşakdakylar bolanda uçuşa goýberilýär:

1) degişli uçuş şertlerinde şu görnüşdäki howa gämisinde uçuşa taýýarlanan we goýberilen ekipažy;

2) ýangyjyň zerur mukdary;

3) uçuş tabşyrygy;

4) şu Kodeksde we awiasiýanyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan gämä degişli we beýleki resminamalar.

2. Synag uçuşlaryny ýerine ýetirýän howa gämileri üçin Synag uçuşlaryny geçirmegiň kadalaryna laýyklykda bellenilen talaplardan çykmalara ýol berlip bilner.

 

54-nji madda. Howa gämisiniň bort resminamasy

 

1. Her bir raýat howa gämisiniň bortunda şu resminamalar bolmalydyr:

1) gäminiň resminamalary:

a) döwlet belligine alnandygy hakynda şahadatnama;

b) uçuşa ýaramlylyk güwänamasy (uçuşlara ýaramlylygy baradaky şahadatnama);

ç) bort we sanitariýa žurnallary;

d) eger howa gämisi radiogurallar bilen enjamlaşdyrylan bolsa, onda bort radiostansiýasyna bolan rugsatnama;

e) uçuşda ulanmak boýunça gollanma;

ä) ulanyjynyň güwänamasy (şahadatnamasy) (göçürilen nusga);

2) ekipažyň her bir agzasyna degişli resminamalar;

3) raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan göz öňünde tutulan resminamalar;

4) halkara uçuşlary ýerine ýetirlende halkara uçuşlarynyň kadalarynda göz öňünde tutulan beýleki resminamalar.

2. Döwlet awiasiýasynyň howa gämisiniň bortunda sanawy döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýän resminamalar bolmalydyr.

 

55-nji madda. Howa gämisini uçuşda ulanmak boýunça gollanma

 

1. Howa gämisiniň her bir görnüşi üçin öndüriji tarapyndan howa gämisini uçuşda ulanmak boýunça gollanma işlenilip taýýarlanylýar.

2. Howa gämisini ulanmak uçuşda ulanmak boýunça gollanmanyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar, muňa gollanmada göz öňünde tutulmadyk uçuşyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ondan çykmak talap edilýän aýratyn halatlar girmeýär.

 

56-njy madda. Howa gämileriniň uçuşlaryny üpjün etmek

 

1. Howa gämisiniň uçmagyndan öň howa gämisi, onuň ekipažy we beýleki awiasiýa işgärleri, uçuş we gonuş aerodromlary taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.

2. Uçuşlaryň meteorologik, inžener-awiasiýa, aerodrom, radioelektrotehniki, aeronawigasiýa-maglumat beriş we üpjünçiligiň beýleki görnüşleri degişli gulluklar tarapyndan raýat awiasiýasy üçin - raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan, döwlet awiasiýasy üçin howa gämisi bolan degişli döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan standartlara we kadalara laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

3. Howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek gös-göni howa gämilerini, aeroportlary, aerodromlary ulanyjynyň we howa hereketine hyzmat edýän edaralaryň üstüne ýüklenilýär.

 

57-nji madda. Howa gämisiniň uçmagyna rugsat berilmegi

 

Howa gämisiniň uçmagyna beýan edilen uçuş meýilnamasy bar bolanda howa hereketine hyzmat edýän edara tarapyndan rugsat berilýär.

 

58-nji madda. Howa gämileriniň uçuşlary

 

1. Howa gämisiniň uçuşy howa giňişliginden peýdalanyjy tarapyndan Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň degişli edarasyna berlen uçuş meýilnamasyna laýyklykda, howa giňişliginden peýdalanmaga rugsat bar bolanda ýerine ýetirilýär, muňa howa gämisi tarapyndan howa hüjümini serpikdirilmegi, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň bozulmagynyň ýa-da Türkmenistanyň çägine ýaragly girilmeginiň öňüniň alynmagy we bes edilmegi, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda kömek berilmegi, howa gämileriniň we olaryň ýolagçylarynyň hem-de ekipažlarynyň gözlenilmegi we howpsuz ýere geçirilmegi, Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak tertibiniň bozulmagynyň öňüniň alynmagy we bes edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän ýörite çäklerde howa gämileriniň uçuşlarynyň ýerine ýetirilmegi halatlarynda ýerine ýetirilýän uçuşlar girmeýär.

2. Uçuşlaryň meýilnamalaryny bermegiň şertleri, tertibi we görnüşleri Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak hakynda düzgünnama bilen bellenilýär.

3. Uçuşyň meýilnamasyndan çykmalara howa hereketini dolandyrýan edaranyň rugsat bermegi bilen ýol berilýär, muňa şu Kodeksiň 42-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.

4. Howa gämileriniň Türkmenistanyň howa giňişliklerindäki uçuşlary howa ýollary, ýerli howa liniýalary we bellenilen ugurlar boýunça ýerine ýetirilýär.

5. Bellenilen ugurlar boýunça hem-de howa ýollarynyň we bellenilen ugurlaryň daşyndaky ýerlerde uçuşlara howa hereketini dolandyrýan degişli edara bilen ylalaşylmagy boýunça ýol berilýär.

6. Еger-de howa gämisi uçuşy ýerine ýetireninde howa ýolundan ýa-da bellenilen ugurdan (howa hereketini dolandyrýan edara bilen ylalaşylan ýerden ýa-da ugurdan) gyşaran bolsa, howa gämisiniň serkerdesi bu barada haýal etmän howa hereketini dolandyrýan edara habar bermäge borçludyr we onuň görkezmelerini goldanyp, howa gämisini uçuşyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan howa ýoluna, uçuşyň bellenilen ugruna (howa hereketini dolandyrýan edara bilen ylalaşylan ýere ýa-da ugra) getirmelidir.

 

59-njy madda. Uçuş ýerine ýetirilende radio aragatnaşygy

 

1. Uçuşda bolýan howa gämisi bilen howa hereketini dolandyrýan edaranyň arasynda hemişelik radio aragatnaşygy saklanylmalydyr.

2. Raýat awiasiýasynda iki taraplaýyn radio aragatnaşygyny amala aşyrmak üçin raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan peýdalanyjylara awiasiýa nawigasiýasy üçin ýygylyklar berkidilýär, olar Radio aragatnaşygynyň halkara reglamenti tarapyndan bölünip berilýär.

3. Howa gämisiniň bortunda radio aragatnaşygy serişdelerinden peýdalanmagyň tertibi ýörite kadalar bilen kesgitlenilýär.

4. Türkmenistanyň çäklerinde howa hereketini dolandyrmak ulgamyndaky radio aragatnaşygy türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barylýar.

5. Aragatnaşyk ýitende howa gämisiniň serkerdesi radio aragatnaşygy kesilende bellenilen kadalar boýunça uçuşy ýerine ýetirmäge geçmäge we radio aragatnaşygyny dikeltmek üçin çäreleri görmäge borçludyr.

6. Gözegçilik alnyp barylmaýan howa giňişliklerinde bolan howa gämileriniň ekipažlary öz aralarynda radio aragatnaşygyny saklaýarlar we adatdan daşary ýagdaýda heläkçilikde ulanylýan ýollar bilen howa hereketini dolandyrýan golaýdaky edara maglumat bermäge borçludyrlar.

 

60-njy madda. Surat almak, kino üçin surata düşürmek we ýeriň üstüni zondirlemek

 

Howa gämisiniň bortundan surat almaga, kino üçin surata düşürmäge we ýeriň üstüni zondirlemäge döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde ýol berilýär.

 

61-nji madda. Ilatly ýerleriň üstünden uçuşlar

 

1. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, howa gämileriniň ilatly ýerleriň üstünden uçuşlary howa gämileriniň adamlara, daşky gurşawa we onuň ýaşaýjylaryna ýaramaz täsirini aradan aýyrýan we howa gämisi gurat bolmadyk halatynda şol ýerleriň çäginden daşarda ýa-da ilatly ýerleriň çäginde şu maksatlar üçin ýörite göz öňünde tutulan gonuş meýdançalarynda gonup biler ýaly mümkinçilik berýän iň pes belentlikde geçirilip bilner.

2. Howa gämileriniň ählisi üçin ýeke-täk bolan ýa-da howa gämileriniň görnüşler boýunça aýratynlykdaky uçuşyň iň pes belentligi Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak hakynda düzgünnama tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Aerodromyň uçuş-gonuş zolagynyň ýerleşişi howa gämisine ilatly ýeriň üstünden geçmezden uçup gitmäge we gonmaga girmäge mümkinçilik bermeýän, şeýle hem halas ediş işlerini geçirmek bilen baglanyşykly uçuşlary ýerine ýetirmek zerur bolan halatlarynda şu kadadan çykmalara ýol berilýär.

4. Sesden ýokary tizlikde uçýan howa gämileriniň uçuşlary umumy kadalar boýunça ses urgularynyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini aradan aýyrýan belentlikde, ýa-da sesden ýokary tizlikdäki uçuşlar üçin ýörite bölünip berlen çäklerde ýerine ýetirilmelidir.

5. Howa gämileriniň ilatly ýerleriň üstünden görkeziş uçuşlary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň rugsat bermegi bilen ýerine ýetirilip bilner.

 

62-nji madda. Uçuşlaryň çäklendirilýän halatlary

 

1. Döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara döwletiň bähbitlerini, ekologik howpsuzlygy goramak maksady bilen kesgitlenen zolaklarda uçuşlary çäklendirip biler.

2. Uçuşlaryň çäklendirilen zolaklarynyň ýerleşýän ýeri we meýdanlary Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň edaralary bilen ylalaşylmalydyr hem-de Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanyjylaryň dykgatyna ýetirilmelidir.

 

63-nji madda. Howply ýagdaýdaky gämilere we adamlara kömek bermek

 

Başga howa ýa-da deňiz gämisinden ýa-da içerki ýüzüşdäki gämiden betbagtçylyk signalyny kabul eden, ýa-da betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran gämini ýa-da howply ýagdaýda duran adamlary ýüze çykaran howa gämisiniň serkerdesi ähli halatlarda, eger bu oňa ynanylan gämi, ýolagçylar we ekipaž üçin wehim bilen baglanyşygy bolmasa, olara mümkin bolan kömegi bermäge, ol betbagtçylyk bolan ýeri kartada bellemäge we betbagtçylyk barada howa hereketini dolandyrýan edara habar bermäge borçludyr.

 

64-nji madda. Düzgüni bozujy howa gämisi

 

1. Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagyň bellenilen tertibini bozmak bilen Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçen howa gämisi düzgüni bozujy howa gämisi diýlip ykrar edilýär we ol uçuşlara gözegçilik edýän edaralaryň görkezmelerine tabyn bolmasa, gonmaga mejbur edilýär.

2. Düzgüni bozujy howa gämisi Türkmenistanyň howa giňişliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ygtyýarly edaralarynyň talaby boýunça özüne görkezilen ýerde gonmalydyr.

3. Düzgüni bozujy howa gämisine mundan beýläk uçuşy dowam etdirmäge bolan rugsat bellenilen tertipde Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň edaralary tarapyndan berilýär.

 

VII BAP. HALKARA UÇUŞLAR

 

65-nji madda. Türkmenistanyň howa giňişliginde halkara uçuşlary ýerine ýetirmek

 

1. Halkara uçuş diýlip howa gämisiniň daşary ýurt döwletiniň serhedinden geçmek bilen amala aşyrylýan uçuşyna düşünilýär.

2. Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edaralary tarapyndan başga tertip bellenilmedik bolsa,  Türkmenistanyň howa giňişliginde howa gämileriniň halkara uçuşlary bellenilen howa ýollary boýunça ýerine ýetirilýär.

3. Türkmenistanyň howa gämileriniň we daşary ýurt howa gämileriniň Türkmenistandan uçmagy, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň çäginde gonmagy halkara uçuşlar üçin açyk aerodromlarda geçirilýär. Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň edarasynyň rugsat bermegi boýunça howa gämileriniň uçmagynyň we gonmagynyň başga tertibine hem ýol berilýär.

4. Howa gämileriniň halkara uçuşlarynyň kadalary, halkara howa ýollaryna, halkara aeroportlara we howa gämileriniň halkara uçuşlary üçin açyk aerodromlara degişli aeronawigasiýa maglumatlary, şeýle hem halkara howa gatnawyny amala aşyrmak üçin zerur bolan beýleki maglumatlar Türkmenistanyň aeronawigasiýa maglumatlarynyň ýygyndysynda çap edilýär.

5. Howa gämileri tarapyndan Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçmek onuň halkara ýollary bilen kesişýän ýerlerinde ýa-da şu maksatlar üçin ýörite bölünip berlen howa koridorlary boýunça ýerine ýetirilýär, muňa tertibi Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak hakynda düzgünnama bilen kesgitlenilýän uçuşyň aýratyn halatlary girmeýär.  

6. Howa gämileriniň Türkmenistanyň howa giňişligindäki halkara uçuşlary şu Kodeksiň düzgünleriniň, Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalarynyň we awiasiýanyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegi bilen ýerine ýetirilýär.

 

66-njy madda. Türkmenistanyň howa gämileriniň halkara uçuşlary

 

1. Türkmenistanyň howa gämileriniň halkara uçuşlary şular esasynda amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň;

2) degişli daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary tarapyndan berilýän yzygiderli bolmadyk (bir gezeklik) uçuşlary ýerine ýetirmäge ýörite rugsatnamalaryň.

2. Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň howa gämilerine daşary ýurt döwletiniň howa giňişliginde yzygiderli bolmadyk (bir gezeklik) uçuşlara rugsatnama almaga soragnama raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara, döwlet awiasiýasynyň howa gämilerine bolsa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Howa gämisiniň we onuň ekipažynyň degişli uçuşy ýerine ýetirmäge taýýarlygyna dahyly bolan ähli talaplar, şeýle hem üstünde ýa-da çäkleriniň üstünden uçuş ýerine ýetirilýän Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň çäklerinde hereket edýän beýleki talaplar we kadalar berjaý edilen bolsa, soragnama bilen ýüz tutmak geçirilýär.

 

67-nji madda. Türkmenistanyň howa giňişliginde daşary ýurt howa gämileriniň uçuşlary

 

1. Türkmenistanyň howa giňişliginde daşary ýurt howa gämileriniň uçuşlary şular esasynda amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň;

2) bellenilen tertipde Türkmenistanyň howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň edarasy tarapyndan berilýän yzygiderli bolmadyk (bir gezeklik) uçuşlary ýerine ýetirmäge ýörite rugsatnamalaryň.

2. Yzygiderli bolmadyk (bir gezeklik) uçuşlara rugsatnamalary bermegiň tertibi Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak hakynda düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

3. Daşary ýurt howa gämileriniň ulanyjylary Türkmenistanyň howa giňişliginde halkara uçuşlaryna başlamazdan öň şeýle uçuşlary ýerine ýetirmäge rugsatnama berýän edara howa gämileriniň tapawutlandyryş belgilerini we uçuşy ýerine ýetirmegiň maksadyny öz wagtynda habar bermelidirler.

 

68-nji madda. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň howa gämileriniň bort resminamalaryny ykrar etmek

 

1. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt howa gämisinde ýerleşýän bort resminamalary Türkmenistanyň ykrar eden raýat awiasiýasynyň halkara düzgünlerine laýyk gelýän bolsa, hakyky diýlip ykrar edilýär.

2. Daşary ýurt döwletiniň raýat awiasiýasynyň howa gämisi Türkmenistanyň çäginde gonanda halkara uçuşlary üçin hökmany bolan ähli resminamalarynyň barlagyny hem goşmak bilen gözden geçirmeklige raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edaralaryň işgärleri tarapyndan sezewar edilip bilner.

3. Howa gämisiniň bortunda halkara uçuşlary üçin bellenilen resminamalaryň bolmazlygynda ýa-da howa gämisini gurat däl diýip çaklamaga esas bar bolanda raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan daşary ýurt howa gämisiniň uçmagy togtadylyp bilner.

 

69-njy madda. Halkara uçuşlary ýerine ýetirilende gümrük we beýleki kadalaryň ulanylmagy

 

1. Türkmenistana gelýän, ondan gidýän we onuň üstünden üstaşyr geçýän ähli howa gämilerine, olaryň ekipažlaryna we ýolagçylaryna, şeýle hem olaryň howa gämilerde Türkmenistana getirýän we ondan äkidýän emlägine Türkmenistana gelmek hem ondan gitmek, emlägi getirmek we alyp gitmek we Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçmek hakyndaky degişli gümrük, sanitariýa, karantin we beýleki kadalaryň hereketi degişlidir.

2. Serhet, gümrük, sanitariýa, karantin we migrasiýa gözegçiliginiň geçirilmegi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

VIII BAP. AWIASIÝANYŇ IŞINE BIKANUN

GATYŞYLMAGYNYŇ ÖŇÜNI ALMAK

 

70-nji madda. Awiasiýa howpsuzlygy

 

1. Awiasiýa howpsuzlygy, munuň özi awiasiýa çygryndaky işe bikanun gatyşmak hereketlerinden awiasiýanyň goraglylygynyň ýagdaýydyr.

Awiasiýa howpsuzlygy aerodromlaryň ýa-da aeroportlaryň awiasiýa howpsuzlygy gulluklary, aerodromlaryň ýa-da aeroportlaryň harbylaşdyrylan gorag bölümleri, ulanyjylaryň (awiasiýa kärhanalarynyň) awiasiýa howpsuzlygy gulluklary, şeýle hem Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bu hukuk berlen ygtyýarly edaralar tarapyndan üpjün edilýär.

2. Awiasiýanyň işine bikanun gatyşylmagy, munuň özi awiasiýanyň howpsuz hereket etmegine wehim salýan, adamlar bilen betbagtçylykly halatlaryň emele gelmegine, maddy taýdan zyýan ýetirilmegine ýa-da şeýle netijeleriň bolmagyna ýardam edýän hukuga garşy (howa gämileriniň, awiasion obýektleriň we başgalaryň basylyp alynmagy, alnyp gaçylmagy, gabalmagy) hereketdir.

 

71-nji madda. Awiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi

 

1. Howa gämilerini ulanyjylar, howa gämilerini kabul etmegi, goýbermegi we olara hyzmat etmegi amala aşyrýan kärhanalar, edaralar, guramalar Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde hereket etmek bilen awiasiýany onuň işine bikanun gatyşmak hereketlerinden goramak we awiasiýa howpsuzlygynyň talaplaryny üpjün etmek boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.

2. Şeýle çärelere şu aşakdakylar degişlidir:

1) aerodromyň gözegçilik edilýän zolagyna we uçuşlary radio we yşyklandyryjy tehnika taýdan üpjün edilýän aerodrom obýektleriniň çäklerine, şeýle hem aerodromyň çäklerinden daşarda ýerleşýän obýektlere keseki adamlaryň we ulagyň gözegçiliksiz barmagynyň öňüni almak;

2) ýaraglary, ok-därileri, partlaýjy, radioaktiw, zäherleýji, ýeňil ot alýan we beýleki howa ulagy bilen daşamaga gadagan edilen howply maddalary we närseleri ýolagçylaryň ýaşyrynlykda geçirmek  mümkinçiligini aradan aýyrmak;

3) ýaraglar we ok-däriler ulagly daşalanda şolaryň ýaragdan çykarylan görnüşde, howa gämileriniň ýolagçylardan üzňeleşdirilen arasy kesik böleklerinde bagažda daşalmagyny üpjün edýän ätiýaçlygyň aýratyn çärelerini girizmek;

4) howa gämileriniň abatlanylmagyna, ulanylyşyna ýa-da hyzmat edilmegine gatnaşygy bolmadyk adamlaryň howa gämilerine aralaşmak mümkinçiligini aradan aýyrýan howa gämilerini duralgalarda gorap saklamak;

5) howa gämilerini ýörite gözden geçirmek;

6) howa gämilerini uçuşda ekipažlaryň howpsuz işlemegini üpjün edýän, şeýle hem howa gämisiniň bikanun ulanylmagyny aradan aýyrýan tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmak;

7) awiasiýanyň işine bikanun gatyşylmagyna garşy hereket etmegiň ýörite işlenilip taýýarlanylan beýleki çäreleri.

 

72-nji madda. Uçuşyň öň ýanyndaky gözden geçiriş

 

1. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, uçuşyň öň ýanyndaky gözden geçiriş awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksatlary bilen we awiasiýanyň işine bikanun gatyşmak hereketiniň edilmegi üçin peýdalanylyp bilinjek maddalary, materiallary we önümleri ýüze çykarmak üçin zerur bolan çäklerde amala aşyrylýar.

Howa gämileri, onuň bort ätiýaçlyklary, ekipažyň agzalary, ýolagçylar, bagaž, şol sanda ýolagçylaryň ýanynda bolan goşlar, şeýle hem ýükler we poçta ugratmalary uçuşyň öň ýanyndaky hökmany gözden geçirişe degişlidirler.

2. Ýolagçy gözden geçirişden ýüz dönderende daşaýjy onuň daşamak üçin tölän puluny gaýtaryp bermek bilen hereket edýän daşaýyş kadalaryna laýyklykda howa arkaly daşaýyş şertnamasyny bozmaga haklydyr.

3. Gözden geçiriş aeroportda ýa-da gös-göni howa gämisinde geçirilip bilner.

4. Uçuşda bolýan howa gämisinde gözden geçiriş ýolagçynyň razylygyna garamazdan, howa gämisiniň serkerdesiniň çözgüdi boýunça geçirilip bilner. Şu maddanyň maksatlary üçin howa gämisi ýüklenenden soňra onuň daşky gapylary ýapylan pursadyndan we şol gapylardan islendik birini düşürmek üçin açylan pursadyna çenli howa gämisi uçuşda bolýan diýlip hasap edilýär.

5. Ýolagçylaryň, el goşlarynyň we bagažyň, şol sanda maýyplygy bolan ýolagçylaryň esbaplarynyň we hereket edýän serişdeleriniň uçuşyň öň ýanynda gözden geçirilmegi ýolagçylaryň mertebesini kemsitmeýän usullar bilen geçirilmelidir.

 

IX BAP. GÖZLEG WE HELÄKÇILIKDE HALAS ЕDIŞ IŞLERI

 

73-nji madda. Betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran howa gämisi

 

1. Howa gämisine ýa-da onuň bortunda ýerleşýän adamlara gös-göni howp wehim salýan bolsa, ýa-da howa gämisi bilen radio aragatnaşygy ýitirilen we onuň bolýan ýeri näbelli bolsa, şol howa gämisi betbagtçylyga uçraýan diýlip ykrar edilýär.

2. Uçup ýokary galanda, uçuşda, gonanda ýa-da ýokardan gaçanda düýpli zeper ýeten, ýa-da doly zaýa bolan, şeýle hem aerodromdan başga ýerde gonmaga mejbur bolan howa gämisi betbagtçylyga uçran diýlip ykrar edilýär.

3. Betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran howa gämisi Heläkçilikde halas ediş işlerini geçirmegiň kadalaryna laýyklykda haýal etmezden gözlenilmäge we halas edilmäge degişlidir.

 

74-nji madda. Howa gämilerini enjamlaşdyrmak we ekipažy betbagtçylyk halatyna taýýarlamak

 

1. Howa gämileri heläkçilikde halas ediş bort serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan bolmalydyr, olaryň sanawy howa gämisiniň görnüşine we uçuşyň ýerine baglylykda raýat awiasiýasynyň howa gämileri üçin raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara, döwlet awiasiýasynyňkylar üçin döwlet awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Howa gämisiniň ekipažynyň ähli agzalary heläkçilikde halas ediş taýýarlygynyň meýilnamasy boýunça we dürli fiziki-geografik we howa şertlerinde howa gämisiniň bortunda heläkçilik ýagdaýlary dörände ýolagçylara kömek bermek boýunça ýörite okuw geçmäge borçludyrlar, ýolagçylar bolsa şeýle ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigi barada we hususy hem-de bortdaky heläkçilikde halas ediş serişdelerinden peýdalanmagyň kadalary hakynda ekipaž tarapyndan hökmany gözükdirilen bolmalydyrlar.

 

75-nji madda. Betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran howa gämisiniň ekipažynyň hereketleri

 

1. Betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran howa gämisiniň ekipažy, mümkinçilik bolanda, Türkmenistanyň howa giňişliginde uçuşlaryň kadalary tarapyndan bellenilen tertipde degişli betbagtçylyk signalyny bermelidir, betbagtçylygyň häsiýeti hakynda howa hereketini dolandyrýan edara habar bermelidir we ygtyýarlaryny ygtyýarly edaralara geçirýänçä bortda ýerleşýän ýolagçylaryň janyny we saglygyny, emlägi, şeýle hem howa gämisiniň özüni gorap saklamak üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmelidir.

2. Betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran howa gämisiniň serkerdesi ygtyýarlaryny ygtyýarly edaralara geçirýänçä şol gäminiň bortunda ýerleşýän ýa-da ýerleşen adamlaryň hereketine ýolbaşçylyk edýär.

 

76-njy madda. Betbagtçylyk signallary

 

1. Betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran howa gämilerini öz wagtynda ýüze çykarmak we ekipažlara hem-de ýolagçylara kömek bermek üçin betbagtçylygyň, gyssaglylygyň we howplulyk hakynda duýdurmagyň ýeke-täk halkara heläkçilik signallary bellenilýär.

2. Halkara uçuşlarynda betbagtçylyk signallaryny bermek üçin bölünip berlen halkara ýygylyklarynda şol signallar gaýtalanyp berilýär.

 

77-nji madda. Betbagtçylyga uçraýan howa gämileri hakynda habar bermek

 

1. Kärhanalar, edaralar we guramalar betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran howa gämileri hakynda maglumatlaryň haýal edilmän geçirilmegi üçin bar bolan aragatnaşyk serişdelerini bermäge borçludyrlar.

2. Raýatlar özlerine mälim bolan howa gämileriniň betbagtçylyk halatlary hakynda ýerli häkimiýet edaralaryna ýa-da golaýdaky edaralara, kärhanalara we guramalara haýal etmän habar bermelidirler, olar öz nobatlarynda bu maglumaty Türkmenistanyň awiasiýa gözleg-halas ediş gullugyna haýal etmän bermäge borçludyrlar.

 

78-nji madda. Betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran howa gämilerini, olaryň ýolagçylaryny we ekipažlaryny gözlemek we halas etmek. Heläkçilikde halas ediş işlerini ýerine ýetirmek

 

1. Betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran howa gämileriniň, olaryň ýolagçylarynyň we ekipažlarynyň gözleginiň we halas edilmeginiň guralmagyny Türkmenistanyň awiasiýa gözleg-halas ediş gullugy amala aşyrýar.

2. Islendik döwletiň betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran howa gämilerini, olaryň ýolagçylaryny we ekipažyny gözlemek we halas etmek boýunça işler, gözleg-halas ediş güýçleriniň we serişdeleriniň ýerleşdirilmegi, bu işler geçirilen döwründe olary üpjün etmek we olara hyzmat etmek tölegsiz ýerine ýetirilýär.

3. Türkmenistanyň awiasiýa gözleg-halas ediş gullugy halkara şertnamalary esasynda beýleki döwletleriň heläkçilikde halas ediş edaralary bilen özara arkalaşyp hereket edýärler, öz işlerini gözleg-halas ediş we heläkçilikde işleri geçirmek üçin jogapkär bolan degişli döwlet dolandyryş edaralary bilen utgaşdyrýar, şeýle hem onuň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň we raýatlaryň güýçlerini we serişdelerini şu işlere çekmäge we peýdalanmaga hukugy bardyr.

4. Çäklerinde howa gämisi betbagtçylyga uçran ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar howa gämisini gözlemegi we halas etmegi geçirmäge islendik mümkin bolan kömegi bermäge we gözleg-halas ediş gulluklary gelýänçä adamlary halas etmek, olara lukmançylyk we başga kömegi bermek, howa gämisini we onuň bortunda ýerleşýän resminamalary, enjamlary we emlägi gorap saklamak, hadysanyň bolan ýeriniň goralyp saklanylmagyny üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmäge borçludyrlar.

5. Howa gämilerini, olaryň ýolagçylaryny we ekipažlaryny betbagtçylyk bolan ýerden howpsuz ýere geçirmek howa gämisiniň ulanyjysy tarapyndan amala aşyrylýar.

6. Betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran daşary ýurt howa gämilerine, olaryň ýolagçylaryna we ekipažlaryna kömek bermek Türkmenistanyň howa gämileri, olaryň ýolagçylary we ekipažlary bilen deň esaslarda amala aşyrylýar.

7. Betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran daşary ýurt howa gämilerine zerur kömegi bermek üçin şu aşakdakylar Türkmenistanyň çägine goýberilip bilner:

1) başga döwletleriň gözleg-halas ediş güýçleri we serişdeleri;

2) howa gämileriniň eýeleri we ulanyjylary;

3) betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran howa gämisiniň bellige alnan ýurdunyň döwlet häkimiýet edarasynyň wekilleri. Şeýle rugsady bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

79-njy madda. Howa gämisini, onuň ýolagçylaryny we ekipažyny gözlemegi bes etmek

 

1. Ähli tehniki serişdeleri peýdalanmagy bilen gözlege görlen çäreler oňyn netije bermedik we diri galan adamlary halas etmek üçin hiç bir hakyky umyt galmadyk ýagdaýynda betbagtçylyga uçran Türkmenistanda bellige alnan howa gämisiniň gözlegini bes etmek hakyndaky çözgüt Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň ýolbaşçysy tarapyndan kabul edilýär.

2. Türkmenistanyň çäklerinde daşary ýurt howa gämisiniň, onuň ýolagçylarynyň we ekipažynyň gözlegini bes etmek hakyndaky çözgüt Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kabul edilýär.

3. Gözlegi resmi taýdan bes edilen howa gämisi, şol gäminiň ýa-da onuň döwük bölekleriniň ýerleşýän ýeri anyklanylmasa, onda ol nam-nyşansyz ýiten diýlip hasap edilýär.

 

80-nji  madda. Türkmenistanyň çäginden daşarda gözlemek we halas etmek

 

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda betbagtçylyga uçraýan ýa-da uçran Türkmenistanyň howa gämileriniň, ýolagçylarynyň we ekipažlarynyň gözlegi hem-de halas edilmegi Türkmenistanyň we degişli daşary ýurt döwletiniň gatnaşýan halkara şertnamalary esasynda guralýar hem-de amala aşyrylýar.

 

X BAP. UÇUŞLARYŇ HOWPSUZLYGY WE AWIASIÝA WAKALARYNY DERŇEMEK

 

81-nji madda. Howa gämileriniň uçuşynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi

 

1. Awiasiýa tehnikasyny işläp taýýarlamak, öndürmek, ulanmak, hyzmat etmek we abatlamak, Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmagy guramak, howa hereketine hyzmat etmek we uçuşlary dolandyrmak, şeýle hem awiasiýa çygryndaky iş bilen baglanyşykly beýleki işler bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de awiasiýa wakalarynyň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge borçludyr.

2. Raýat awiasiýasynyň çygrynda ýörite ygtyýarly edaralar we garamagynda döwlet awiasiýasynyň bölümleri bolan ygtyýarly dolandyryş edaralary howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygynyň ýagdaýyny seljermegi geçirýärler we degişlilikde raýat awiasiýasynyň we döwlet awiasiýasynyň howa gämileriniň gatnaşmagyndaky awiasiýa wakalaryny duýdurmak boýunça öňüni alyş çärelerini işläp taýýarlaýarlar.

 

82-nji madda. Awiasiýa hadysasy ýa-da çaknyşygy

 

1. Uçmak niýeti bilen haýsydyr bir adamyň howa gämisini peýdalanmagy bilen baglanyşykda onuň borta galan pursadyndan bortda bolan ähli adamlaryň ondan çykan pursadyna çenli bolan ýa-da piloty bolmadyk howa gämisiniň uçmak üçin duran ýerinden gozganmaga taýýar bolan pursadyndan uçuşyň ahyrynda doly saklanylýan we güýç beriji esasy guralynyň öçürilýän pursadyna çenli bolup geçen waka awiasiýa hadysasy diýlip ykrar edilýär, we onuň dowamynda:

1) aşakda sanalýanlaryň netijesinde haýsydyr bir adam onuň ölmegine elten ten şikesini ýa-da düýpli ten şikesini alýan bolsa:

a) bu howa gämisinde bolmagy;

b) howa gämisinden bölünip aýrylan bölekleri hem goşmak bilen howa gämisiniň haýsydyr bir bölegi bilen gös-göni galtaşmagy;

ç) reaktiw hereketlendirijiniň gazlarynyň çüwdüriminiň gös-göni täsiri, muňa ten şikesleriniň tebigy sebäpleriň netijesinde alnan, öz-özüne ýetirilen ýa-da başga adamlara ýetirilen, ýa-da ýolagçylaryň we ekipažyň agzalarynyň barmagy üçin adatça açyk bolan zolaklardan daşarda gizlenýän peteksiz ýolagçylara ten şikesleriniň ýetirilen halatlary girmeýär.

2) şularyň netijesinde howa gämisi zeper alýar ýa-da onuň gurluşynyň dargamagy bolup geçýär:

a) howa gämisiniň gurluşynyň berkliginiň bozulmagy, onuň tehniki ýa-da uçuş häsiýetleriniň bozulmagy;

b) uly möçberde dikeldiş abatlamasy talap edilmegi.

3) howa gämisi nam-nyşansyz ýitýär ýa-da ol oňa barmak hiç-hili mümkin bolmadyk ýerde bolýar.

2. Еger şeýle wakanyň netijesi görkezilen netijelere getirmedik bolsa, ýöne ýagdaýlaryň başgaça dowamynda bolup biljek bolan bolsa, onda ol çaknyşyk diýlip ykrar edilýär.

 

83-nji madda. Awiasiýa wakasy hakynda habar bermek

 

Awiasiýa wakasy hakynda ilkinji habarly bolan awiasiýanyň wezipeli adamlary özleriniň ygtyýarynda bar bolan aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanmak arkaly bolan ýagdaý barada raýat ýa-da döwlet awiasiýasynyň işini dolandyrmagy amala aşyrýan edara we howa gämisini ulanyja, şeýle hem beýleki ygtyýarly döwlet edaralaryna haýal etmän habar bermäge borçludyr.

 

84-nji madda. Derňewi guramak we geçirmek

 

1. Her bir awiasiýa wakasy hökmany derňelmäge degişlidir.

2. Awiasiýa wakasyny derňemegiň maksady awiasiýa wakasynyň sebäplerini anyklamak we geljekde olaryň öňüni almak boýunça çäreleri görmek bolup durýar.

3. Howa gämileri bilen bolan awiasiýa wakalaryny derňemek boýunça kadalaşdyryjy namalaryň talaplaryna laýyklykda geçirilýän derňew kimdir biriniň günäsini ýa-da jogapkärçiligini anyklamaga gönükdirilen kazyýet ýa-da dolandyryş seljermesine garaşly däldir.

4. Awiasiýa wakasynyň derňewi awiasiýa wakasy baradaky maglumatlary toplamagy we seljermegi, olaryň döremeginiň sebäplerini anyklamagy, sebäplerini görkezmek bilen netijeleri taýýarlamagy we geljekde olaryň öňüni almak boýunça maslahatlary işläp taýýarlamagy öz içine alýar.

5. Howa gämileriniň gatnaşmagy bilen bolan awiasiýa wakalarynyň derňewi, toparlara bölünişi we hasaby raýat we döwlet awiasiýasynda bu ygtyýarlar üstlerine ýüklenilen degişli garaşsyz ygtyýarly edaralar tarapyndan geçirilýär.

6. Awiasiýa wakalarynyň derňewini guramagyň we geçirmegiň tertibi degişlilikde raýat we döwlet awiasiýasy üçin howa gämileri bilen bolan awiasiýa wakalaryny derňemek boýunça kadalaşdyryjy namalary bilen kesgitlenilýär.

7. Awiasiýa wakasynyň derňewi geçirilende toparyň başlygy jenaýat iş ýörediş häsiýeti bar bolan ähli hereketleri deslapky derňew edaralary bilen utgaşdyrmalydyr.

8. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary, kärhanalar, edaralar, guramalar we raýatlar awiasiýa wakalaryny derňemek boýunça toparyň işine ýardam bermek üçin ähli çäreleri görmäge borçludyrlar.

 

85-nji madda. Awiasiýa wakalaryny derňemek boýunça toparyň ygtyýarlyklary

 

1. Awiasiýa wakasynyň derňewi topar tarapyndan geçirilýär.

Köp sanly pidalara ýa-da agyr netijelere getiren awiasiýa wakasynyň derňewi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan döredilýän Döwlet topary tarapyndan geçirilýär.

Ulanmagyň dowamynda bolup geçen we howa gämileri bilen bolan awiasiýa wakalaryny derňemek boýunça kadalaşdyryjy namalary bilen bellenilen sanawda kesgitlenilen awiasiýa wakalaryny derňemek boýunça toparlar degişlilikde döwlet ýa-da raýat awiasiýasynyň çygrynda awiasiýa wakalaryny derňemek boýunça ýörite ygtyýarly edaralar bilen ylalaşmak arkaly döwlet ýa-da raýat awiasiýasynyň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary tarapyndan bellenilip bilner.

2. Awiasiýa wakasyny derňemek boýunça toparyň şu hukuklary bardyr:

1) awiasiýa wakasynyň ýagdaýlaryny aýdyňlaşdyrmak üçin betbagtçylyga uçran howa gämisiniň bortuna päsgelçiliksiz barmaga;

2) betbagtçylyga uçran howa gämisini, onuň düzüm böleklerini, betbagtçylyga uçran howa gämisiniň bortunda bar bolan ýa-da awiasiýa wakasyna daşyndan çekilen emlägiň degişliligine garamazdan bu emlägi,  şeýle hem howa gämileriniň uçuşlaryny üpjün edýän serişdeleri we obýektleri barlamaga;

3) bellenilen tertipde ýuridik we fiziki şahslara awiasiýa wakasyny derňemek bilen baglanyşykly ylmyň we tehnikanyň degişli çygyrlaryndan bilimleri talap edýän barlaglary we işleri geçirmegi tabşyrmaga;

4) awiasiýa wakasyny görenleri, awiasiýa wakasyna gatnaşygy bolan we bolup biljek adamlary soraşdyrmaga, hukuk goraýjy edaralardan zerur maglumatlary almaga;

5) betbagtçylyga uçran howa gämisiniň işlenip taýýarlanmagynyň, synagdan geçirilmeginiň, öndürilmeginiň, ulanylmagynyň we abatlanylmagynyň, awiasiýa işgärleriniň arasyndan adamlaryň taýýarlanylmagynyň, howa hereketiniň gurnalmagynyň, howa gämileriniň uçuşlarynyň ýerine ýetirilmeginiň we üpjün edilmeginiň ähli meselelerini öwrenmäge;

6) degişli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryndan, şeýle hem ýiridik we fiziki şahslardan bu awiasiýa wakasy bilen baglanyşykly meseleler boýunça resminamalary we materiallary talap etmäge we almaga;

7) betbagtçylyga uçran howa gämisiniň ekipažynyň agzalarynyň, şeýle hem awiasiýa işgärleriniň arasyndan degişli adamlaryň psihofiziologik ýagdaýyna barlaglar geçirmäge.

3. Gulluk iş saparynyň şahadatnamalaryny ýa-da olaryň awiasiýa wakasyny derňemek boýunça toparyň işine gatnaşýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalaryny görkezmegi bilen awiasiýa wakasyny derňemek boýunça toparyň agzalarynyň, şeýle hem awiasiýa wakasyny derňemek üçin çekilen adamlaryň awiasiýa wakasynyň bolan ýerine barmakda ýa-da derňew maksatlary bilen gatnamakda gatnaw peteklerini nobatsyz almaga hukuklary bardyr.

 

86-njy madda. Awiasiýa wakasynyň bolan ýerindäki iş

 

1. Awiasiýa wakasynyň bolan ýerinde geçirilýän derňew tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek boýunça alnyp barylýan işlere deňeşdirilýän aýratyn şertlerdäki işleriň derejesine degişlidir

2. Awiasiýa wakasynyň bolan ýerinde işleýän hünärmenler işiň anyk şertlerini nazara almak bilen ýörite geýimler, aýakgaplar, enjamlar we gorag serişdeleri bilen üpjün edilmelidir.

3. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary, harby bölümleriň serkerdeligi awiasiýa wakasyny derňemek boýunça topara awiasiýa wakasynyň bolan ýerini gorap saklamakda, betbagtçylyga uçran howa gämisiniň düzüm böleklerini we döwük böleklerini gözlemekde, ulag, aragatnaşyk serişdeleri, işlemek we dynç almak üçin jaýlar, iýmit, ýörite geýimler, aýakgaplar, enjamlar, gorag serişdeleri, şeýle hem takelaž, ýük işleriniň ýerine ýetirilmegi üçin serişdeleri bilen üpjün etmekde, ýerleri sanitariýa taýdan işlemekde we beýleki tebigaty goramak baradaky çärelerde ýardam bermäge borçludyrlar.

4. Awiasiýa wakasynyň derňewine gatnaşyjylar hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişlidirler.

 

87-nji madda. Awiasiýa wakasy bilen baglanyşykly materiallaryň goralyp saklanylmagyny üpjün etmek

 

1. Awiasiýa wakasy bolup geçen howa gämisiniň ekipažynyň agzalary, ýuridik we fiziki şahslar, çäginde awiasiýa wakasy bolup geçen ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary awiasiýa wakasyny derňemek boýunça topar gelýänçä howa gämisiniň, onuň düzüm bölekleriniň we döwük bölekleriniň, obýektiw gözegçiliginiň bort we ýerüsti serişdeleriniň, bortunda bar bolan ýa-da awiasiýa wakasyna daşyndan çekilen närseleriň, şeýle hem bu howa gämisiniň işlenip taýýarlanylmagyna, synagdan geçirilmegine, öndürilmegine, abatlanylmagyna we ulanylmagyna hem-de onuň uçuşynyň üpjün edilmegine degişli bolan resminamalaryň goralyp saklanmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmäge borçludyrlar.

2. Betbagtçylyga uçran howa gämisi ýa-da onuň bölekleri demir ýol, awtomobil, suw ulaglarynyň hereketine ýa-da howa gämileriniň uçuşlaryna päsgelçilik döredýän bolsa, halas ediş işleriniň ýolbaşçysy ulagyň hereketini ýa-da uçuşlary dikeltmek maksatlary bilen bu gäminiň (onuň böleginiň) ýerleşişini we umumy ýagdaýyny deslap belläp, howa gämisini (onuň bölegini) göçürmek boýunça çäreleri görmäge borçludyr.

3. Awiasiýa wakasyny, ol baradaky maglumatlary bilkastdan ýaşyrmakda, maglumatlary ýoýmakda, obýektiw gözegçiliginiň bort ýa-da ýerüsti serişdelerine, awiasiýa wakasy bilen baglanyşykly beýleki materiallara zeper ýetirmekde ýa-da olary ýok etmekde günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

88-nji madda. Daşary ýurt döwletleriň raýat howa gämileri bilen bolan awiasiýa wakalaryny derňemek

 

Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriň howa gämileri bilen bolan awiasiýa wakalarynyň derňewi howa gämileri bilen bolan awiasiýa wakalaryny derňemek boýunça kadalaşdyryjy namalara laýyklykda geçirilýär.

 

89-njy madda. Awiasiýa wakasyny derňemek bilen baglanyşykly işleri maliýeleşdirmek we çykdajylaryň öwezini dolmak

 

1. Awiasiýa wakasynyň bolan ýerinde derňew geçirmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň ählisi bu awiasiýa wakasy bolup geçen howa gämisini ulanyjy tarapyndan maliýeleşdiriliýär.

2. Awiasiýa wakasyny derňemek maksady bilen ylmy-barlag we konstruktorçylyk edaralary, awiasiýa senagatynyň guramalary we kärhanalary tarapyndan geçirilen barlaglar we synaglar bilen baglanyşykly çykdajylar bu awiasiýa wakasy bolup geçen howa gämisini ulanyjy tarapyndan maliýeleşdiriliýär.

 

XI BAP. HOWA ARKALY DAŞAÝYŞLAR

 

90-njy madda. Awiasiýa kärhanasy we ulanyjy

 

1. Şu Kodeksiň maksatlary üçin awiasiýa kärhanasy diýlip, guramaçylyk-hukuk görnüşine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan işiniň esasy maksatlary ýolagçylary, bagažy, ýükleri, poçtany tölegli howa arkaly daşaýyşlaryny amala aşyrmak ýa-da awiasiýa işlerini ýerine ýetirmek bolan ýuridik şahsa düşünilýär.

2. Ulanyjy - eýeçilik hukugynda, kärende şertlerinde ýa-da beýleki kanuny esaslarda howa gämisi bolan, görkezilen howa gämisini uçuşlar üçin peýdalanýan we ulanyjynyň güwänamasy (şahadatnamasy) we işiň degişli görnüşine ygtyýarnamasy bar bolan ýuridik ýa-da fiziki şahsdyr.

Ulanyja bildirilýän talaplar Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalary bilen kesgitlenilýär.

 

91-nji madda. Içerki we halkara howa arkaly daşaýyşlar

 

1. Howa gämisi arkaly tölegli ýa-da mugt amala aşyrylýan adamlaryň, bagažyň, poçtanyň ýa-da ýükleriň daşalmagyna howa arkaly daşaýyş diýlip düşünilýär.

2. Ugralýan, barylýan ýerleri we saklanyp geçilmegi göz öňünde tutulan ähli ýerleri Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşaýyşlara içerki howa arkaly daşaýyş diýlip düşünilýär.

3. Ugralýan we barylýan ýerler iki döwletiň çäklerinde ýerleşýän bolsa ýa-da şol bir döwletiň çäginde ýerleşýän hem bolsa, ýöne başga bir döwletiň çäginde saklanyp geçilmegi göz öňünde tutulan bolsa, onda bu daşaýşa halkara howa arkaly daşaýyş diýlip düşünilýär.

4. Daşaýjy diýlip, howa arkaly daşaýşyň degişli görnüşini ýerine ýetirmäge ygtyýarnamasy we howa gämisini ulanyjynyň hukugy bar bolan ýuridik ýa-da fiziki şahs ykrar edilýär.

 

92-nji madda. Howa arkaly daşaýyşlary ýerine ýetirmek

 

1. Howa arkaly daşaýyşlar şertnama esasynda ýerine ýetirilýär. Her bir howa arkaly daşaýyş şertnamasy we onuň şertleri daşaýjy ýa-da oňa ygtyýarly edaralar ýa-da adamlar (agentler) tarapyndan daşamaga berlen resminama arkaly tassyklanylýar.

Daşamak üçin resminamalar şulardyr:

1) ýolagçyny gatnatmak üçin - petek;

2) ýolagçynyň bellige alnan bagažyny daşamak üçin - bagaž töleg haty ýa-da bagaž birkasy;

3) ýüki daşamak üçin - howa-daşaýyş resminamasy (awiaýanhaty);

4) poçtany daşamak üçin – poçta ýanhaty.

2. Daşamaga berilýän resminamalaryň görnüşleri we olary ulanmagyň kadalary Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalarynyň düzgünlerini göz öňünde tutmak bilen raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

3. Poçtany daşamagyň tertibi we poçta ýanhatynyň görnüşi raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde bellenilýär.

4. Daşaýjy we ulanyjynyň gullugy howa arkaly daşaýyşlar ýerine ýetirilende halkara we içerki daşaýyşlar üçin bellenilen ýolagçylary, bagažy, ýükleri we poçtany howa arkaly daşamagyň kadalaryny (mundan beýläk – içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalary) berjaý etmäge borçludyrlar.

5. Ýolagçylaryň, bagažyň, ýükleriň we poçtanyň halkara daşaýyşlary daşary ýurt howa gämilerinde hem amala aşyrylyp bilner.

 

93-nji madda. Howa arkaly daşaýyş şertnamasy boýunça taraplaryň borçlary

 

1. Ýolagçyny we bagažy howa arkaly daşaýyş şertnamasy boýunça daşaýjy ýolagça peteginde görkezilen gatnawy amala aşyrýan howa gämisinde orun bermek bilen ony we onuň bagažyny abatlygyna barylýan ýerine eltmäge, ýolagçy bagažyny tabşyran halatynda bolsa, bagažyny barylýan ýerine eltip bermäge we ýolagçynyň özüne ýa-da ony almaga ygtyýarly adama gowşurmaga borçlanýar.

Bagažy eltip bermegiň möhleti içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalary bilen kesgitlenilýär.

2. Howa arkaly daşaýyş şertnamasy boýunça ýolagçy bellenilen nyrh boýunça daşamagyň bahasyny tölemäge, bagaž daşaýjy tarapyndan bellenilen möçberden artyk bolanda bolsa ‒ bellenilen möçberden artyk bolan bagažy alyp gitmegiň bahasyny tölemäge borçlanýar.

3. Howa arkaly daşaýyş şertnamasy boýunça daşaýjy iberiji tarapyndan özüne ynanylan ýüki ýa-da poçtany abatlygyna barylýan ýerine eltip bermäge we olary alyja ýa-da onuň ygtyýarly eden adamyna bermäge borçlanýar.

Ýüki eltip bermegiň möhleti içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalary bilen, poçtany eltmegiň möhleti bolsa pudagara şertnamalar bilen kesgitlenilýär.

4. Howa arkaly daşaýyş şertnamasy boýunça iberiji ýüküň ýa-da poçtanyň daşalmagy üçin bellenilen nyrh boýunça tölemäge borçlanýar.

 

94-nji madda. Çarterleýin daşaýyş

 

1. Çarterleýin daşamak – howa gämilerini ýük daşamak üçin kireýine almak (frahtlamak) şertnamasy boýunça amala aşyrylýan yzygiderli bolmadyk howa arkaly daşaýyş bolup, ol boýunça bir tarap (frahta beriji) beýleki tarapa (frahta alyja) ýolagçylary, bagažy, ýüki we poçtany daşamak ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän başga maksatlar üçin howa gämileriniň biriniň ýa-da birnäçesiniň bir bölek ýerini ýa-da tutuş sygymyny bir ýa-da birnäçe gatnawda tölegine bermäge borçlanýar.

2. Howa gämilerini ulanyjylar frahta berijiler bolup durýar.

3. Eger Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, çarterleýin daşaýyşlar üçin şertnamalaýyn nyrhlar bellenilip bilner.

 

95-nji madda. Daşary ýurtly daşaýjylaryň Türkmenistanyň çägindäki işi

 

1. Daşary ýurtly daşaýjylar öz işlerini Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň hem-de degişli daşary ýurt döwletiniň gatnaşýan halkara şertnanalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar.

2. Daşary ýurtly daşaýjylar babatda ulanyjynyň hukugy degişli daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly edarasy tarapyndan berlen we Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalarynyň talaplaryna laýyk gelýän resminamalar boýunça ykrar edilýär.

3. Daşary ýurtly daşaýjylar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde wekilliklerini açyp biler.

 

96-njy madda. Ýolagçylara edilýän hyzmatlar we ýeňillikler

 

1. Daşaýjy, şeýle hem ol tarapyndan ygtyýarly edilen beýleki ýuridik ýa-da fiziki şahslar howa gämileriniň ýolagçylaryna, şol sanda maýyplygy bolan adamlar üçin hem elýeter görnüşde hyzmat etmekligi guramaga hem-de olary howa gämileriniň hereketi we edilýän hyzmatlary baradaky maglumatlar bilen anyk hem-de öz wagtynda üpjün etmäge borçludyr.

2. Ýolagça şu hukuklar berilýär:

1) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ýeňillikli şertlerde gatnamaga;

2) bellenilen düzgünleriň çäklerinde bagažy we el goşyny mugt alyp gitmäge;

3) mugt ýa-da ýeňillikli şertlerde çagalary (ýaşyna baglylykda) ýany bilen alyp gitmäge;

4) daşaýjy tarapyndan berilýän dynç alyş otaglarynyň, eneler we çagalar üçin otaglaryň, maýyplygy bolan adamlar üçin jaýlaryň hyzmatlaryndan, şeýle hem daşaýjynyň günäsi ýa-da howa gämisiniň ugradylmagynyň mejbury gijikdirilmegi bilen howa arkaly daşaýşyň arasy kesilen halatynda myhmanhanada orunlardan mugt peýdalanmaga;

3. Maýyplygy bolan ýolagçylara şu hukuklar berilýär:

1) agentlikleriň we aeroportlaryň pulhanalaryndan petekleri nobatsyz edinmäge;

2) aeroportlarda we howa gämisiniň bortunda ilkinji nobatda hyzmat edilmegine;

3) aeroportlarda hereket etmegiň hususy serişdelerinden we ýörite bölünip berlen ýerlerden päsgelçiliksiz peýdalanmaga;

4) hereket etmegiň hususy serişdelerini ýa-da beýleki zerur bolan kömekçi gurallary mugt alyp gitmäge.

4. Daşaýjy tarapyndan aeroportlarda berilýän dynç alyş otaglarynyň, eneler we çagalar üçin otaglaryň, maýyplygy bolan adamlar üçin jaýlaryň elýeter we düşnükli belgileri bolmalydyr.

5. Hyzmatlaryň, ýeňillikleriň sanawy we olary bermegiň tertibi içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalary bilen bellenilýär.

 

97-nji madda. Howa arkaly daşaýyşlar üçin nyrhlar we olara degişli hyzmatlar üçin ýygymlar

 

1. Ýolagçylary, bagažy, ýükleri we poçtalary halkara ugur boýunça ýerine ýetirilýän howa arkaly daşaýyşlaryň nyrhlary we olara degişli hyzmatlar üçin ýygymlar, şeýlehem nyrhlary ulanmagyň we ýygymlary almagyň kadalary döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk Türkmenistanyň daşaýjylary tarapyndan özbaşdak bellenýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen nyrhlar we ýygymlar, şonuň ýaly-da howa gatnatmalarynyň (daşamalarynyň), petekleri satmagyň, howa daşaýyş resminamalaryny resmileşdirmegiň kadalary döwlet eýeçiligine degişli bolan Türkmenistanyň daşaýjylary üçin raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenýär. Şunda nyrhlary ulanmagyň we ýygymlary almagyň kadalary bu daşaýjylar tarapyndan özbaşdak bellenýär.

3. Ýolagçylary, bagažy, ýükleri we poçtalary içerki ugur boýunça ýerine ýetirilýän howa arkaly daşaýyşlaryň nyrhlaryny we olara degişli hyzmatlar üçin ýygymlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti belleýär we olar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli daşaýjylartarapyndan ulanylmaga degişlidir.

Içerki ugurlar boýunça nyrhlary ulanmagyň we ýygymlary almagyň kadalary,şeýle hem petekleri satmagyň, howadaşaýyş resminamalaryny resmileşdirmegiň kadalary raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edaratarapyndan bellenýär we olar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli daşaýjylar tarapyndan ulanylmaga degişlidir.

4. Aeroportlary, aragatnaşyk, aeronawigasiýa serişdelerini ulanmak üçin nyrhlar we ýygymlar raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenýär we olar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli daşaýjylar we aeroportlar tarapyndan ulanylmaga degişlidir.

 (2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № __, __-nji madda)

 

98-nji madda. Howa gämisi arkaly daşaýyşa orunlary buýurmak

 

1. Kärhanalar, edaralar, guramalar we raýatlar howa gämisindäki orunlary öňünden buýrup bilerler. Boş orunlar bar wagtynda daşaýjy buýurmany kabul etmäge we ony ýerine ýetirmäge borçludyr.

2. Kärhanalar, edaralar, guramalar we raýatlar düşülip geçilýän aeroportlardan ýa-da başga islendik aeroportdan, şol sanda gaýdyşyn ugur boýunça hem, uçuş üçin orunlary deslap bronlamak barada ýüz tutanlarynda boş orunlar bar bolanda daşaýjy orunlary bronlap goýmak üçin çäreleri görmäge borçludyr.

3. Howa gämisindäki orunlary buýurmagyň we bronlap goýmagyň tertibi içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalary arkaly bellenilýär.

 

99-njy madda. Daşaýyşyň aýratyn şertleri

 

Ýaraglary, ok-därileri, partlaýjy, radioaktiw, zäherleýji, ýeňil ot alýan we beýleki howply maddalary, materiallary we önümleri daşamagyň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Türkmenistanyň döwlet awiasiýa kadalaryna, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

100-nji madda. Howa arkaly daşaýyş şertnamasynyň daşaýjynyň başlangyjy boýunça bes edilmegi

 

1. Daşaýjy ýolagçyny ýa-da ýüki howa arkaly daşaýyş şertnamasyny şu halatlarda birtaraplaýyn tertipde bozup biler:

1) ýolagçy, ýüküň eýesi, ýüki iberiji tarapyndan pasport, gümrük, sanitariýa, karantin we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen beýleki talaplarynyň howa arkaly daşaýyşa degişli böleginiň, halkara howa arkaly daşaýyşlarda uçulýan, barylýan ýa-da üstaşyr geçilýän döwletiň degişli edaralary tarapyndan kesgitlenilen kadalaryň hem bozulmagy;

2) ýolagça, ýüküň eýesine, ýüki iberijä içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalary tarapyndan bildirilýän talaplary ýerine ýetirmekden olaryň ýüz döndermegi;

3) eger howa gämisiniň ýolagçysynyň ýa-da maýyplygy bolan ýolagçysynyň lukmançylyk resminamalary bilen tassyk edilýän saglyk ýagdaýy howa arkaly daşaýyşyň aýratyn şertlerini talap edýän ýa-da ýolagçynyň özüniň ýa-da beýleki adamlaryň howpsuzlygyna wehim salýan, şonuň ýaly-da tertipsizlik we beýleki adamlar üçin düzedip bolmajak oňaýsyzlyk döredýän bolsa;

4) howa gämisiniň ýolagçysynyň bagažy mugt daşamagyň bellenilen möçberinden ýokary agramy bolan bagažynyň daşaýyşyny tölemekden ýüz döndermegi;

5) howa gämisiniň ýolagçysynyň ýany bilen alnyp gidilýän çaga üçin tölegden ýüz döndermegi;

6) howa gämisiniň bortunda özüňi alyp barmagyň kadalarynyň howa gämisiniň ýolagçysy tarapyndan howa gämisiniň uçuşynyň howpsuzlygyna ýa-da beýleki adamlaryň janyna ýa-da saglygyna wehim döredýän bozulmagy, şeýle hem howa gämisiniň ýolagçysy tarapyndan şu Kodeksiň 42-nji maddasyna laýyklykda howa gämisiniň serkerdesi tarapyndan berlen buýruklaryň ýerine ýetirilmezligi;

7) ýolagçynyň ýanyndaky goşlarda, şeýle hem bagažynda, ýükünde howa arkaly daşaýşa gadagan edilen närseleriň ýa-da maddalaryň bar bolmagy.

2. Ýolagçyny ýa-da ýüki howa arkaly daşaýyş şertnamasy daşaýjynyň başlangyjy boýunça bes edilen halatynda ýolagça, ýüküň eýesine, ýüki iberijä howa arkaly daşamak üçin tölenen pul gaýtarylýar, muňa şu maddanyň birinji böleginiň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan halat girmeýär. Şu maddanyň birinji böleginiň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan halatda howa arkaly daşamak üçin tölenen pul howa gämisiniň ýolagçysyna gaýtarylmaýar.

3. Şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen ýolagçylary daşamakdan ýüz dönderilen halatynda daşaýjy ýolagça ýa-da ony ugradýan adamlara ýüz döndermegiň sebäpleri barada doly we aýdyň düşündiriş bermäge borçludyr.

 

101-nji madda. Howa arkaly daşaýyş şertnamasynyň ýolagçynyň başlangyjy boýunça bes edilmegi

 

Ýolagçynyň howa arkaly daşaýyşdan islendik wagtda ýüz döndermäge we içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalary arkaly bellenilen tertipde uçuşdan ýüz öwürmegiň wagtyna, howa gämisi uçmanka ýa-da uçanyndan soň bolandygyna baglylykda tölän puluny tutuşlygyna ýa-da onuň bölegini gaýtaryp almaga hukugy bardyr, muňa ýolagçynyň howa gämisiniň bortunda uçuşda bolýan halatlary girmeýär.

 

102-nji madda. Ýüki alyjynyň ýüki almazlygy we öz wagtynda kabul etmezligi

 

1. Ýüki howa arkaly daşaýyş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşaýjy ýüküň gelendigi barada içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalarynda göz öňünde tutulan möhletlerde ýüki alyjyny habarly etmäge borçludyr.

2. Alyjy gelen ýüki içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalarynda bellenilen möhletde talap etmese ýa-da ony kabul etmekden ýüz dönderse, bu barada iberijini habarly etmek bilen daşaýjy iberijiniň hasabyna we töwekgelçiligine ony özünde saklamaga galdyrmaga haklydyr. Içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalarynda görkezilen möhletlerde alynmadyk ýük talap edilmedik hasap edilýär we ol Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde ýerleşdirilýär.

3. Gümrük gözegçiligine degişli ýüki saklamak we oňa ygtyýar etmek Türkmenistanyň gümrük hakyndaky kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

4. Ýükleri ýerlemegiň gijikdirilmegi olaryň zaýalanmagyna getirip biljek bolsa ýa-da olaryň niýetlenilişi boýunça peýdalanylmagy doly mümkin bolmasa, ýüki daşaýjy iberijiniň çözgüdine garaşmazdan bellenilen tertipde ýükleri ýerlemäge haklydyr. Bu ýükleriň ýerlenendigi barada daşaýjy iberijini we alyjyny habarly etmäge borçludyr.

 

103-nji madda. Daşaýyşyň maglumat-mahabat üpjünçiligi

 

Daşaýjy ugurlary we tertipleri, ýolagçy, ýük we poçta nyrhlaryny, ýerde we howa gämisiniň bortunda hyzmat edilişiniň şertlerini çap etmäge we ilatyň dykgatyna ýetirmäge borçludyr.

 

XII BAP. AWIASIÝA IŞLЕRINI GEÇIRMEK

 

104-nji madda. Awiasiýa işleri

 

1. Awiasiýa işleri diýlip, awiasiýa serişdeleri bilen aýry-aýry ýuridik we fiziki şahslaryň bähbidine, şol sanda oba hojalygynda peýdalanmak, ylmy-barlaglary, sanitariýa we tebigaty goraýyş çärelerini geçirmek, ekspedisiýalara hyzmat etmek, ilata lukmançylyk kömegini bermek, heläkçilikleriň, tebigy betbagtçylyklaryň we weýrançylyklaryň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek hem-de beýlekiler üçin, tölegli esaslarda ýerine ýetirilýän ýörite işlere düşünilýär.

2. Awiasiýa işleri olary geçirmäge ygtyýarnamasy bolan howa gämilerini ulanyjylar tarapyndan buýrujylar bilen baglaşylan şertnamalar ýa-da ýuridik we fiziki şahslaryň bir gezekleýin arzalary esasynda ýerine ýetirilýär.

3. Awiasiýa işlerini ygtyýarlylandyrmagy geçirmegiň tertibi raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

4. Ekologik ýagdaýlary ýa-da ulag serişdeleriniň we adamlaryň çäklerde bolmagynyň aýratyn düzgünini hasaba almak bilen ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň awiasiýa işleriniň ýerine ýetirilmegine çäklendirmeleri bellemäge hukugy bardyr.

 

105-nji madda. Awiasiýa işlerini ýerine ýetirmek barada şertnama

 

1. Awiasiýa işlerini ýerine ýetirmek şertnamasy boýunça potratçy (ulanyjy) buýrujy üçin awiasiýa işlerini şol şertnamada göz öňünde tutulan tertipde, möhletlerde, möçberde we şertlerde ýerine ýetirmäge borçlanýar. Buýrujy şertnamada göz öňünde tutulan awiasiýa işleriniň möçberini bellenilen möhletlerde bermäge we olaryň ýerine ýetirilmegini tölemäge borçlanýar.

2. Awiasiýa işlerini ýerine ýetirmek baradaky şertnamada şular hem göz öňünde tutulmalydyr:

1) aerodromlary, gonuş meýdançalaryny we olaryň enjamlaryny peýdalanmagyň we ulanyş ýagdaýynda saklamagyň tertibini;

2) howa gämileriniň goralyp saklanmagynyň üpjün edilmegi we ekipažlarynyň agzalarynyň dynç almagy üçin zerur ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegini;

3) awiasiýa işleriniň aýratynlyklaryny nazara almak bilen olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň beýleki şertlerini.

 

106-njy madda. Awiasiýa işleri üçin nyrhlar

 

Ulanyjy we buýrujy awiasiýa işleri baradaky şertnama baglaşylanda şertnamalaýyn nyrhlary bellemäge haklydyr. Raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara awiasiýa işleriniň aýry-aýry görnüşleri boýunça nyrhlary belläp we olary ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlap biler.

 

107-nji madda. Howa gämileriniň daşary ýurtly ulanyjylary tarapyndan awiasiýa işleriniň ýerine ýetirilmegi

 

1. Raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda awiasiýa işleriniň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmäge berlen ygtyýarnamasy bolan howa gämileriniň daşary ýurtly ulanyjylary tarapyndan Türkmenistanyň çäginde awiasiýa işleri ýerine ýetirilip bilner.

2. Şu Kodeksiň degişli düzgünleri, Türkmenistanyň çäginde awiasiýa işlerini geçirmegiň kadalary howa gämileriniň daşary ýurtly ulanyjylaryna degişlidir.

 

108-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň çäginde Türkmenistanyň howa gämilerini ulanyjylar tarapyndan awiasiýa işleriniň ýerine ýetirilmegi

 

1. Türkmenistanyň howa gämilerini ulanyjy tarapyndan daşary ýurt döwletiniň çäginde awiasiýa işleri şertnamasy we daşary ýurt döwletiniň degişli edarasy tarapyndan awiasiýa işleriniň belli bir görnüşlerini ýerine ýetirmäge berlen ygtyýarnamasy bolanda amala aşyrylyp bilner.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen Türkmenistanyň howa gämilerini ulanyjylaryna daşary ýurt döwletiniň degişli kanunçylygy degişlidir.

 

XIII BAP. AWIASIÝANY PEÝDALANMAK BILEN

BAGLANYŞYKLY IŞLER AMALA AŞYRYLANDA

ULANYJYLARYŇ BORÇLARY

 

109-njy madda. Awiasiýa işgärleriniň üpjünçiligi

 

1. Howa gämilerini ulanyjylar, garamagynda döwlet awiasiýasynyň bölümleri bolan pudaklaýyn dolandyryş edaralar ekipaž tarapyndan gulluk borçlary ýerine ýetirilende şulary üpjün etmelidirler:

1) zähmetiň howpsuz şertlerini;

2) saglygy gorap saklamak boýunça çäreleri;

3) hünärli lukmançylyk kömegini;

4) ekipaž howa gämisinde bolan döwründe, ätiýaçlykda we nobatçylykda duranda iýmit bilen;

5) ätiýaçlykda we nobatçylykda bolan wagtynda dynç almak üçin sanitariýa-gigiýena talaplaryna laýyk gelýän jaý bilen;

6) gitmek (gelmek) üçin mugt gatnaw bilen.

2. Raýat awiasiýasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň pensiýadaky öňki işgärleri iş döwürlerine baglylykda raýat awiasiýasynyň çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenen tertipde howa ulaglarynda ýeňillikli gatnadylmagy bilen üpjün edilýärler.

 

110-njy madda. Raýat awiasiýasynda howa gämilerini we awiasiýa işgärlerini ätiýaçlylandyrmak

 

1. Howa gämilerini ulanyjylar awiasiýa işgärlerini, Türkmenistanyň raýat howa gämileriniň döwlet sanawynda bellige alnan howa gämilerini, daşamaga kabul edilen ýolagçylara, bagaža, poçta we ýüklere hem-de awiasiýa işleri ýerine ýetirilende ýetirilen zyýanyň, şeýle hem üçünji şahslara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça özüniň jogapkärçiligini ätiýaçlylandyrmaga borçludyrlar.

2. Türkmenistanyň çäklerinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça jogapkärçiligiň çäkleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär, halkara daşaýyşlary ýerine ýetirilende bolsa halkara düzgünler bilen kesgitlenilýär.

 

111-nji madda. Awiasiýa işlerinde ätiýaçlylandyrmak

 

Buýrujy öz işgärleriniň arasyndan awiasiýa işleri ýerine ýetirilende tehnologik prosesi üpjün etmek bilen baglanyşykly adamlary we petek almazdan deslapky arzalar boýunça daşalýan adamlary ätiýaçlylandyrmaga borçludyrlar.

 

XIV BAP. AWIASIÝASYNY PEÝDALANMAK BILЕN

BAGLANYŞYKLY IŞ AMALA AŞYRYLANDA JOGAPKÄRÇILIK

 

112-nji madda. Howa gämileriniň ekipažynyň agzalaryna ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik

 

Howa gämilerini ulanyjylar, garamagynda döwlet awiasiýasynyň bölümleri bolan pudaklaýyn dolandyryş edaralar howa gämisiniň ekipažynyň agzalary howa gämisiniň uçuşy wagtynda gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde olaryň saglygyna zyýan ýetirilendigi ýa-da aradan çykandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möçberlerde jogapkärçilik çekýär.

 

113-nji madda. Üçünji şahslara zyýan ýetirilendigi üçin jogapkärçilik

 

1. Howa gämilerini ulanyjylar, garamagynda döwlet awiasiýasynyň bölümleri bolan pudaklaýyn dolandyryş edaralar uçuşda bolýan howa gämisi ýa-da ondan gaçan närse bilen Türkmenistanyň çäginde üçünji şahslaryň saglygyna zyýan ýetirilendigi ýa-da olaryň aradan çykandygy, şeýle hem olaryň emlägine zyýan ýetirilendigi üçin, eger şol zyýan jebir çekeniň niýetiniň netijesinde ýüze çykandygyny subut edip bilmese, jogapkärçilik çekýär.

2. Daşary ýurt döwletiniň çäginde Türkmenistanyň howa gämisi tarapyndan we Türkmenistanyň çäginde daşary ýurduň howa gämisi tarapyndan üçünji şahslara ýetirilen zyýan üçin howa gämilerini ulanyjylar, garamagynda döwlet awiasiýasynyň bölümleri bolan pudaklaýyn dolandyryş edaralary Türkmenistanyň hem-de degişli daşary ýurt döwletiniň gatnaşýan degişli halkara şertnamalarynda bellenilen çäklerde jogapkärçilik çekýärler.

 

114-nji madda. Howa gämisiniň ýa-da awiasiýa obýektiniň basylyp alnandygy, alnyp gaçylandygy ýa-da gabalandygy üçin jogapkärçilik

 

Howa gämileriniň basylyp alynmagy, alnyp gaçylmagy ýa-da gabalmagy, şeýle hem awiasiýa obýektiniň, ulag, inžener-tehniki we olara beýleki kommunikasiýalaryň basylyp alynmagy ýa-da gabalmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda  göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

 

115-nji madda. Howa gämileriniň çaknyşmagynda ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik

 

1. Iki ýa-da birnäçe howa gämileriniň çaknyşmagy, şeýle hem çaknyşma bolmadyk ýagdaýynda hem, howa gämisiniň beýleki gämä zeper ýetiren halatynda howa gämileriniň eýeleriniň biri-biriniň öňündäki emläk jogapkärçiligi şu düzgünler bilen kesgitlenilýär:

1) bir tarapyň günäsi boýunça ýetirilen zyýanyň öwezi şol tarap tarapyndan doly möçberde dolunýar;

2) iki (ýa-da birnäçe) tarapyň hem günäsi boýunça zyýan ýetirilen bolsa, olaryň her biriniň jogapkärçiligi günäleriniň derejesinde deň möçberde kesgitlenilýär; Taraplaryň her biriniň günäleriniň derejesini anyklamak mümkin bolmadyk ýagdaýynda, jogapkärçilik olaryň arasynda deň paýlanylýar.

2. Zyýanyň ýetirilmeginde taraplaryň günäleri bolmadyk ýagdaýynda, olaryň hiç biriniň beýleki tarapdan zyýanyň öwezini dolmagy talap etmäge hukugy ýokdur.

3. Başgaça subut edilýänçä, howa gämileri çaknyşma gatnaşan taraplaryň hiç biri hem günäli diýlip çak edilmeýär.

4. Howa gämileriň ýolagçylarynyň janyna ýa-da saglygyna ýetirilen zyýan üçin, şeýle hem howa gämisinde bolan ýa-da awiasiýa kärhanasyna ynanylan üçünji tarapyň emlägine ýetirilen zyýan üçin emläk jogapkärçiligini şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda daşaýjy çekýär, onuň zyýanyň ýetmegine günäkär bolan beýleki tarapa (taraplara) garşylyklaýyn talaplary (regres tertibinde) bildirmek hukugy bardyr.

 

116-njy madda. Awiasiýanyň işine bikanun gatyşmak hereketiniň taýýarlanylýandygy baradaky ýalan maglumat üçin jogapkärçilik

 

Awiasiýanyň işine bikanun gatyşmak hereketiniň taýýarlanylýandygy barada ýalan maglumat haýsy görnüşde amala aşyrylandygyna garamazdan ol Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

 

117-nji madda. Howpsuzlyk gözegçiligiň talaplarynyň ýerine ýetirilmänligi üçin jogapkärçilik

 

Ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin bellige almak we gözden geçirmek boýunça el goşuny, bagažy, ýüki, poçtany we bort iýmitini howa gämisinde tabşyrmaga, kabul etmäge, saklamaga we daşamaga dahyly bolan döwlet kadalarynyň, düzgünleriniň we resmi tertibiniň talaplarynyň bozulmagy, şonuň ýaly-da ýerine ýetirilmezligi ýa-da harsal ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

 

118-nji madda. Ýolagçynyň janyna ýa-da saglygyna zyýan ýetirilmegi üçin daşaýjynyň jogapkärçiligi  

 

1. Howa gämisiniň bortunda ýa-da mündürilen we düşürilen wagtynda ýolagçynyň janyna ýa-da saglygyna ýetirilen zyýan üçin daşaýjy jogapkärçilik çekýär.

2. Daşaýjy jebir çekeniň özüniň gödek seresapsyzlygynyň zyýanyň döremegine ýa-da köpelmegine sebäp bolandygyny subut edip bilse, onda zyýanyň öwezini doldurmagyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda azaldylyp ýa-da zyýanyň öweziniň dolunmagyndan ýüz dönderilip bilner.

3. Ýolagçynyň janyna ýa-da saglygyna ýeten zyýan öňüni alyp bolmaýan güýjüň täsiri ýa-da ýolagçynyň günäli hereketi netijesinde bolan halatynda daşaýjy jogapkärçilik çekmeýär.

 

119-njy madda. Bagažyň ýa-da ýüküň ýitirilendigi, ýetmezçilik edýändigi we olara zeper ýetirilendigi üçin daşaýjynyň jogapkärçiligi

 

1. Bagažyň ýa-da ýüküň daşaýyşa kabul edilen pursadyndan alyja berilýänçä ýa-da kadalara laýyklykda başga bir adama (adamlara) berilýänçä olaryň ýitirilendigi, ýetmezçilik edýändigi we olara zeper ýetirilendigi üçin, eger zyýan ýetmeginiň öňüni almak üçin ähli zerur çäreleri görendigini ýa-da şeýle çäräni görmegiň mümkin bolmandygyny subut edip bilmese, daşaýjy jogapkärçilik çekýär.

2. Eger ýolagçynyň ýanyndaky goşlaryň daşaýjynyň günäsi bilen ýitirilendigi ýa-da olara zeper ýetirilendigi subut edilse, şol goşlaryň abat saklanmagy üçin daşaýjy jogapkärçilik çekýär.

3. Bagaž ýa-da ýük daşalanda ýetirilen zyýanyň öwezi şu halatlarda daşaýjy tarapyndan dolunýar:

1) bagaž ýa-da ýük ýitirilende ýa-da ýetmezçilik edende - ýitirilen ýa-da ýetmezçilik eden bagažyň ýa-da ýüküň bahasynyň, ýöne içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalary bilen bellenilen çäkden ýokary bolmadyk möçberinde;

2) bagaža ýa-da ýüke zeper ýetirilende - onuň bahasynyň kemelen möçberinde, zeper ýetirilen bagažy ýa-da ýüki dikeltmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda - onuň bahasynyň möçberinde;

3) gymmaty yglan edilip, daşaýyşa tabşyrylan bagaž ýa-da ýük ýitirilende - bagažyň ýa-da ýüküň yglan edilen bahasynyň möçberinde, daşaýjynyň bagažyň ýa-da ýüküň yglan edilen bahasynyň olaryň hakyky bahasyndan ýokarydygyny subut eden halatynda bolsa, olaryň hakyky bahasynyň möçberinde.

4. Daşaýjy maýyplygy bolan ýolagçylardan daşamaga kabul edilen hereket etmegiň hususy serişdeleriniň ýa-da beýleki zerur bolan kömekçi gurallaryň abat saklanmagy üçin, ol serişdeleriň ýitirilen ýa-da döwülen halatynda bolsa, bu ýolagçylaryň hereket etmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmelidir.

 

120-nji madda. Ýolagçyny, bagažy ýa-da ýüki eltip bermegiň möhletiniň geçirilendigi üçin daşaýjynyň jogapkärçiligi

 

Ýolagçyny, bagažy ýa-da ýüki barylýan ýere eltmegiň möhletini geçirendigi üçin, eger bu möhletiň geçirilmegi öňüni alyp bolmaýan güýjüň, howa gämisiniň ýolagçylarynyň janyna we saglygyna wehim salýan howa gämisiniň gurat bolmazlygyny düzetmegiň ýa-da daşaýja bagly bolmadyk beýleki ýagdaýlaryň netijesinde bolandygyny subut edip bilmese, daşaýjy içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalary bilen bellenilen möçberlerde jogapkärçilik çekýär.

 

121-nji madda. Poçtanyň ýitirilendigi, oňa zeper ýetirilendigi we eltip bermegiň möhletini geçirendigi üçin daşaýjynyň jogapkärçiligi

 

Daşaýjynyň günäsi bilen poçtanyň ýitirilendigi, oňa zeper ýetirilendigi ýa-da ony eltmegiň möhletini geçirendigi üçin daşaýjy aragatnaşyk edaralarynyň öňünde poçta kadalaryna we Bütindünýä poçta birleşiginiň düzgünlerine laýyklykda aragatnaşyk edaralarynyň iberijileriň ýa-da salgydakylaryň öňündäki jogapkärçiliginiň çäginde maddy (emläk) jogapkärçiligini çekýär.

 

122-nji madda. Iberijiniň jogapkärçiligi

 

1. Iberiji ýüke dahyly bolan howa arkaly daşaýyşyň resminamasyna girizilen öz beren maglumatlarynyň we bildirişleriniň nädogrulygy, nätakykdygy ýa-da doly däldigi netijesinde islendik beýleki adam tarapyndan daşaýja ýa-da beýleki adama ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekýär.

2. Howa arkaly daşaýyş baradaky resminama ýüki kabul etmegiň şertnamasyny baglaşmagyň we howa arkaly daşaýyşyň şertleriniň şahadatnamasy bolup durýar.

 

123-nji madda. Jogapkärçilik üçin esas bolup hyzmat edýän ýagdaýlary tassyklamak

 

1. Daşaýjynyň, ýolagçylaryň, iberijileriň we alyjylaryň emläk jogapkärçiligi üçin esas bolup hyzmat edip biljek ýagdaýlar täjirçilik ykrarnamasy bilen tassyklanýar.

2. Täjirçilik ykrarnamasy ýük, bagaž ýa-da poçta berlende şu aşakdaky ýagdaýlary tassyklamak üçin düzülýär:

1) ýüküň we poçtanyň adynyň, agramynyň (göwrüminiň) ýa-da ornunyň sanynyň hakykatda daşaýyş resminamasynda görkezilen maglumatlara laýyk gelmezligini;

2) ýüke zeper ýetirilendigini;

3) bagažyň ýetmezçilik edýändigini ýa-da oňa zeper ýetirilendigini;

4) poçtanyň ýetmezçilik edýändigini ýa-da oňa zeper ýetirilendigini;

5) resminamasy bolmadyk ýüküň, bagažyň ýa-da poçtanyň, şeýle hem ýüksüz, bagažsyz ýa-da poçtasyz resminamanyň ýüze çykarylandygyny.

3. Täjirçilik ykrarnamasyny düzmegiň tertibi we täjirçilik ykrarnamasynyň düzülmegini talap etmeýän ýagdaýlary tassyklamagyň tertibi içerki we halkara daşaýyşlaryň kadalary bilen bellenilýär.

 

124-nji madda. Howa arkaly daşaýyş şertnamasynyň ýerine ýetirilmändigi üçin jogapkärçilikden boşatmak

 

1. Ýüküň ýa-da poçtanyň daşaýşa berilmezligi öňüni alyp bolmajak güýjüň ýagdaýlarynyň netijesinde bolan bolsa, munuň üçin iberiji jogapkärçilikden boşadylýar. Poçtany daşamagyň kadalary bilen poçtanyň daşamaga berilmezligi üçin iberijileri jogapkärçilikden boşatmagyň goşmaça esaslary göz öňünde tutulyp bilner.

2. Daşaýyş serişdeleriniň berilmezligi üçin, eger bu öňüni alyp bolmajak güýjüň ýagdaýlarynyň, şeýle hem amatsyz meteorologik şertler sebäpli howa gämileriniň uçuşlary mümkin bolmandygy netijesinde bolup geçen bolsa, daşaýjy jogapkärçilikden boşadylýar.

 

125-nji madda. Çözgüde şikaýat etmek hukugy

 

Islendik  ýüridik ýa-da fiziki şahs Türkmenistanyň döwlet ýa-da raýat awiasiýasynyň islendik wezipeli ýa-da beýleki adamynyň çözgüdine, hereketine ýa-da hereketsizligine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde şikaýat etmäge hukuklydyr.

 

XV BAP. NÄGILELIKLERI WЕ HAK ISLEÝIŞLERI

BILDIRMЕK

 

126-njy madda. Nägilelikleri bildirmek

 

1. Nägilelikler ony bildirijiniň garamagy boýunça ugralýan ýa-da barylýan aeroportdaky daşaýja ýa-da onuň wekiline bildirilýär.

2. Garyşyk daşaýyşlara dahyly bolan nägilelikler şulara bildirilýär:

1) daşaýyşyň soňky ýeri aeroport bolsa, awiasiýa kärhanasyna;

2) daşaýyşyň soňky ýeri demir ýol menzili, deňiz ýa-da derýa porty (gämi duralgasy) bolsa, degişli ulag guramasyna.

 

127-nji madda. Nägileligi we hak isleýişi bildirmäge hukukly adamlar

 

1. Daşaýja nägileligi we hak isleýişi bildirmäge şularyň hukugy bardyr:

1) ýolagçy ýa-da onuň ygtyýarly eden adamy:

a) howa arkaly daşaýyş şertnamasy daşaýjynyň başlangyjy boýunça bes edilen halatynda;

b) bagažy eltip bermegiň möhletiniň geçirilen, onuň ýetmezçilik eden, oňa zeper ýetirilen ýa-da onuň ýitirilen halatynda - petegi, bagaž töleg hatyny (bagaž birkasyny) we täjirçilik ykrarnamasyny görkezende;

2) ýük ýitirilen halatynda ony alyjy ýa-da iberiji:

a) alyjy - ýüküň gelmänligi barada barmaly aeroportynyň belligi bolan daşaýjy tarapyndan iberijä berlen ýük ýanhatynyň, şeýle ýanhaty bermek mümkin bolmasa - ýüküň bahasynyň tölenendigi baradaky resminamanyň we ýüküň barmaly aeroportynyň şol ýüküň gelmändigi barada eden belligi bilen daşaýjynyň ýüküň iberilendigi hakyndaky kepilnamanyň berlen şertinde;

b) iberiji - özüne berlen ýük ýanhatyny görkezen şertinde;

3) alyjy:

a) ýüküniň ýetmezçilik eden ýa-da oňa zeper ýetirilen halatynda ýük bilen gelen ýük ýanhaty we täjirçilik ykrarnamasy berlen şertlerde;

b) ýüki eltip bermegiň möhletiniň geçirilen halatynda ýük bilen gelen ýük ýanhaty berlen şertlerde;

4) aragatnaşyk kärhanasy:

a) poçtany eltip bermegiň möhletiniň geçirilen, onuň ýetmezçilik eden, oňa zeper ýetirilen ýa-da onuň ýitirilen halatynda.

2. Täjirçilik ykrarnamasynyň düzülmeginden daşaýjynyň ýüz döndermegine iberiji ýa-da alyjy tarapyndan şikaýat edilen bolsa, onuň bolmazlygy nägilelik bildirmek hukugyndan mahrum etmeýär.

 

128-nji madda. Içerki daşaýyşlarda nägilelikleri bildirmegiň möhletleri

 

1. Içerki daşaýyşlarda daşaýja nägilelikler alty aýyň dowamynda bildirilip bilner.

2. Nägilelikler bildirmegiň möhleti şeýle hasaplanylýar:

1) bagažyň, ýüküň ýa-da poçtanyň ýetmezçilik edendigi ýa-da olara zeper ýetirilendigi üçin, şeýle hem olary eltip bermegiň möhletiniň geçirilendigi üçin nägilelik bildirmek boýunça olaryň berlen gününden;

2) ýüküň ýitirilenligi üçin nägilelik bildirmek boýunça – eltip bermegiň möhletiniň geçen pursadyndan başlap 10 gün geçenden soň;

3) bagažyň ýa-da poçtanyň ýitirilenligi üçin nägilelik bildirmek boýunça – eltip bermegiň möhletiniň geçen pursadyndan başlap;

4) galan ähli halatlarda, nägilelik bildirmek üçin esas bolup hyzmat eden ýagdaýlaryň bolan gününden başlap.

3. Nägilelikler bildirmegiň möhletiniň geçirilmeginde esasly sebäp bar bolsa, daşaýjynyň nägilelikler bildirmegiň möhleti geçenden soň hem olary garamak üçin kabul etmage hukugy bardyr.

 

129-njy madda. Halkara daşaýyşlarda nägilelikleri bildirmegiň möhletleri

 

1. Bagažyň, ýükleriň alyjy tarapyndan närazylyk bildirilmän alynmagy, eger başgaça subut edilmeýän bolsa, olaryň gowy ýagdaýda we daşaýyş resminamasyna laýyklykda eltilendigini aňladýar.

2. Bagaža ýa-da ýüke zeper ýetirilen halatynda ony almaga hukukly adam şol zeper ýetirilendigi barada haýal etmän, ýöne bagažy alan gününden soň ýedi günden, ýüki alan gününden soň bolsa, on dört günden gijä galman, daşaýja ýazmaça nägilelik bildirmelidir. Şu görkezilen möhletler boýunça gijä galynan halatynda, bagažyň ýa-da ýüküň alyjynyň ygtyýaryna geçirilen gününden hasaplap, ýigrimi bir günden gijä galman nägilelik bildirilmelidir.

 

130-njy madda. Nägileliklere garamagyň möhletleri

 

1. Daşaýjy bildirilen nägilelige üç aýyň dowamynda garamaga we onuň kanagatlandyrylandygy ýa-da ret edilendigi barada nägilelik bildirene habar bermäge borçludyr.

2. Garyşyk daşaýyşlar boýunça bildirilen nägileliklere garamagyň möhleti alty aýdan, jerime tölemek barada bildirilen nägilelige garamagyň möhleti kyrk bäş günden ybaratdyr.

 

131-nji madda. Hak isleýiş müddeti we kazyýete degişlilik

 

1. Daşaýja hak islegi howa gämisiniň barmaly ýerine gelen gününden ýa-da howa gämisiniň gelmeli gününden ýa-da daşamagyň bes edilen gününden üç ýylyň dowamynda, halkara howa arkaly daşaýyşlarda bolsa iki ýylyň dowamynda bildirilip bilner.

2. Jogapkärçilik baradaky hak islegi hak isleýjiniň saýlamagy boýunça daşaýjynyň ýa-da onuň baş kärhanasynyň ýerleşýän ýeri boýunça, daşaýjynyň daşamaga şertnama baglaşylanda araçyllyk eden agentliginiň bar ýeri boýunça kazyýete ýa-da daşamagyň ahyrky ýeri boýunça kazyýete bildirilip bilner.

3. Bellenilen möhletlerde yglan edilen ýazmaça nägileligiň bolmazlygynda daşaýja hak islegi bildirilip bilinmez, muňa ýolagçynyň saglygyna zyýan ýetirilendigi baradaky nägilelik girmeýär.

 

XVI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

132-nji madda. Howa giňişliginden peýdalanmak we awiasiýa çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Howa giňişliginden peýdalanmak we awiasiýa çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jagapkärçiligi çekýärler.

 

133-nji madda. Şu Kodeksiň düzgünlerini ulanmagyň tertibi

 

1. Şu Kodeksiň düzgünleri ol güýje girizileninden soň dörän raýat hukuk gatnaşyklaryna degişlidir.

2. Şu Kodeks güýje girizilmeginden öň dörän raýat hukuk gatnaşyklary boýunça şu Kodeksiň düzgünleri ol güýje girizileninden soň dörän hukuklara we borçlara ulanylýar.

3. Şu Kodeksiň 128-nji, 129-njy we 130-njy maddalary bilen bellenilen nägilelikleri bildirmegiň möhletleri şu Kodeks güýje girizilen pursadyna olary bildirmegiň öň hereket eden kanunçylykda göz öňünde tutulan möhletleri geçmedik nägileliklere ulanylýar.

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2017-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kodeksleri
Kabul edilen senesi 10.01.2012
Resminamanyň belgisi № 255-IV