TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň

(AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakynda

 

(Türkmeniştanyň Mejlişiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 2, 20- madda)

 

1 madda. AIW ýokuşmasy barada düşünje

 

AIW ýokuşmasy adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän ýokanç keseldir.

Şu aşakdakylar AIW ýokuşan adamlar diýlip hasap edilýär:

keseliň kliniki alamatlary ýüze çykmadyk adamyň immunýetmezçilik wirusy göterijilerdir (mundan beýläk - AIW-ny göterijiler);

immunulgamynyň düýpli zaýalanmagyny häsiýetlendirýän, keseliň klinik alamatlary ýüze çykýan, AIDS keselliler. AIDS, munuň özi adamyň immunýetmezçilik zerarly alan alamaty bolup, AIW ýokuşmasynyň ahyrky tapgyrydyr.

 

2 madda. AIW ýokuşmasynyň öňüni almak babatda döwlet syýasaty

 

AIW ýokuşmasynyň öňüni almak babatda döwlet syýasaty şular arkaly amala aşyrylýar:

AIW ýokuşmasynyň öňüni almak, oňa garşy göreşmek¸ ony wagtynda anyklamak hem-de AIW göterijilere we AIDS-e sezewar bolan näsaglara bejeriş-maslahat beriş kömegini bermek boýunça çäreleri guramak:

adamyň immunýetmezçilik wirusy (AIW ýokuşmasy) sebäpli döreýän keseliň öňüni almak çäreleri hakynda ilaty habarly etmek hem-de ahlaky we jynsy terbiýe meselelerinde ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmak;

Türkmeniştanyň çäklerinde AIW ýokuşmasynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýörite gözegçiligi amala aşyrmak;

aýan etmesiz we atsyz geçmegini berjaý etmek bilen, AIW ýokuşmasynyň barlygy hakynda medişina barlagyndan meýletin geçmegiň elýeterligini hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek;

keselleri anyklamak, bejermek we ylmy maksatlar bilen ulanylýan saglygy goraýyş serişdeleriniň, biologik suwuklyklaryň, synalaryň we dokumalaryň howpsuzlygyna gözegçiligi guramak;

AIW göterijilere we AIDS-e sezewar bolan näsaglara durmuş taýdan kömek bermek, bilim derejesini ýokarlandyrmakda, işe ýerleşmekde, hünärini täzelemekde ýardam etmek;

AIW ýokuşmasynyň meseleleri boýunça ylmy barlaglary geçirmek;

AIW ýokuşmasynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça halkara maksatnamalarynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we maglumatlary yzygiderli alyşmak.

 

3 madda. AIW ýokuşmasynyň öňüni alýan, ony anyklaýan we bejerýän edaralar

 

Türkmeniştanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty miniştrligi, welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki saglygy goraýyş müdirlikleri, AIDS-e garşy göreşmegiň Milli merkezi hem-de AIDS-iň medişina taýdan öňüni almagyň we oňa garşy göreşmegiň welaýatlardaky merkezleri, Türkmeniştanyň Gan merkezi we welaýatlardaky gan banklary AIW ýokuşmasynyň öňüni alýan, ony anyklaýan we bejerýän edaralar hasaplanylýar.

AIW ýokuşmasynyň öňüni almak boýunça çäreler Türkmeniştanyň degişli miniştrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Jemgyýetçilik birleşikleri AIW ýokuşmasynyň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmakda döwlete we ilata öz tertipnamalaryna laýyklykda goldaw hem-de ýardam berip biler.

AIW ýokuşmasynyň öňüni almak boýunça öňüni alyş çäreleri halkara guramalarynyň we gaznalarynyň ýardam etmeginde amala aşyrylyp bilner.

 

4 madda. AIW ýokuşmasynyň öňüni almak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek

 

AIW ýokuşmasynyň öňüni almak boýunça çäreler Türkmeniştanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, düzgünnamaly we jişmi şahslaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň meýletin gatançlarynyň we haýyr-yhsan kömekleriniň, maliýeleşdirmegiň Türkmeniştanyň kanunlarynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriniň, şeýle hem halkara guramalarynyň meýletin geçirýän serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

 

5 madda. Türkmeniştanyň raýatlarynyň, daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň AIW ýokuşmasy barada medişina barlagyndan geçmäge bolan hukugy

 

Türkmeniştanyň raýatlarynyň, daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň adamyň immunýetinezçilik wirusyny ýüze çykarmak üçin Türkmeniştanyň döwlet saglygy goraýyş edaralarynda meýletin, aýan etmesiz, atsyz medişina barlagyndan geçmäge hem-de degişli maslahaty almaga hukugy bardyr.

AIW ýokuşmasy barada medişina barlagyndan geçmegiň tertibini Türkmeniştanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty miniştrligi belleýär.

Türkmeniştanyň raýatlaryna, daşary ýurtly raýatlara we raýatlygy bolmadyk adamlara medişina barlagyndan geçilende AIW ýokuşmasynyň ýoklugy baradaky güwänamany Türkmeniştanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty miniştrligi tarapyndan ygtyýarly edilen edara berýär.

Adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokuşan adamlara bu barada ýokuşmany ýüze çykaran saglygy goraýyş edaralary ýazmaça habar berýär. Olar AIW ýokuşmasynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri berjaý etmäge borçludyr.

 

6 madda. AIW ýokuşmasy barada hökmany medişina barlagy

 

Gany, biologik suwuklyklary, synalary we dokumalary tabşyryjylar AIW ýokuşmasy barada hökmany medişina barlagyndan geçmäge degişlidir.

Adamyň immunýetmezçilik wirusynyň barlygy barada hökmany medişina barlagyndan geçmekden boýun gaçyran adamlar gany, biologik suwuklyklary, synalary we dokumalary tabşyryjy bolup bilmez.

Türkmeniştanyň raýatlary, daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmeniştanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty miniştrliginiň keseliň ýaýramagy boýunça kesgitleýän ýörite görkezijileri bar mahaly AIW ýokuşmasy barada medişina barlagyndan geçmäge borçludyr.

Daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň diplomatik işgärleri, şeýle hem Türkmeniştanyň çäklerinde diplomatik artykmaçlyklardan we goragdan peýdalanýan adamlar adamyň immunýetmezçilik wirusynyň barlygy hakynda diňe olaryň razylygy bilen aýan etmesiz şertlerde barlagdan geçirilip bilner. Yokarda görkezilen adamlary medişina barlagyndan geçirmegi Türkmeniştanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty miniştrligi Türkmeniştanyň Daşary işler miniştrligi bilen ylalaşýar.

Daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň AIW ýokuşmasy ýüze çykarylan halatda, olaryň Türkmeniştanyň çäklerinde bolmagynyň meseleleri Türkmeniştanyň kanunlaryna we halkara kadalaryna laýyklykda çözülýär.

 

7 madda. AIW ýokuşan adamlar babatda öňüni alyş çäreleri

 

AIW ýokuşan adamlar Türkmeniştanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty miniştrligi tarapyndan bellenilýän tertipde medişina taýdan öňüni alyş gözegçiligine degişlidir.

Adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokuşan saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden çetleşdirilmäge we başga işe geçirilmäge degişlidir.

 

8 madda. Türkmeniştana gelnende AIW ýokuşmasy babatda talaplar

 

Türkmeniştanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary Türkmeniştanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde AIW ýokuşmasynyň ýokdugyna medişina barlagyndan geçirilen sertifíkaty görkezen şertinde daşary ýurtly raýatlara we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmeniştana gelmage rugsatnama berýärler.

 

9 madda. Lukmanlyk syryny saklamak

 

Gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly medişina barlagyndan geçirmek we onuň netijeleri hem-de adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokuşan adamlar we AIDS-e sezewar bolan näsaglar hakyndaky maglumatlar özüne mälim bolan saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri şol maglumatlaryň syryny saklamaga borçludyr.

 

10 madda. AIW göterijileri, AIDS-e sezewar bolan näsaglary we olaryň maşgala agzalaryny durmuş taýdan goramak

 

Türkmeniştanyň raýatlarynyň we Türkmeniştanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň özlerine adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokuşan halatda medişina we durmuş taýdan kömege hukugy bardyr.

AIW göterijileri we AIDS-e sezewar bolan näsaglary kesel bejeriş-öňüni alyş edaralaryna kabul etmekden, olara gaýragoýulmasyz medişina kömegini bermekden boýun gaçyrylmagyna ýol berilmeýär.

AIDS-e sezewar bolan näsaglara aýaküsti bejeriş şertlerinde şu kesel sebäpli dermanlar mugt berilýär.

AIW göterijilere we AIDS-e sezewar bolan näsaglara ýurdumyzyň çäklerinde bejeriş ýerine barmak we yzyna gaýtmak boýunça çykdajylaryň olaryň ýaşaýan ýeri boýunça saglygy goraýyş edarasynyň hasabyna öwezi dolunýar.

AIW göteriji, AIDS-e sezewar bolan 14 ýaşa çenli näsag çagalaryň ata-enesine (olaryň ornuny tutýan adamlara) Türkmeniştanyň kanunlaryna laýyklykda zähmete wagtlaýyn ukypsyzlyk boýunça hemaýat puluny tölemek bilen, ýatymlaýyn hassahanada çagalarynyň ýanynda bilelikde bolmaga hukuk berilýär.

Meýletin pension ätiýaçlandyrma şertnamasy bolan we AIW göteriji ýa-da AIDS-e sezewar bolan 16 ýaşy bolmadyk maýyp çaga seretmek bilen baglanyşyklylykda zähmet şertnamasyny bozan ata-enäniň biriniň (onuň ornuny tutýan adamyň) şol çaga seredýän döwri Türkmeniştanyň kanunlaryna laýyklykda pension ätiýaçlandyrmanyň döwrüne goşulýar.

AIW göterijileri, AIDS-e sezewar bolan näsaglary işe kabul etmekden esassyz boýun gaçyrylmagyna we olaryň işden boşadylmagyna ýol berilmeýär.

AIW göteriji ýa-da AIDS-e sezewar bolan näsag çagalaryň mekdebe çenli çagalar edaralarynda bolmagy, mekdepde okamagy kepillendirilýär.

16 ýaşy bolmadyk, AIW göteriji we AIDS-e sezewar bolan näsaglaryň her aýda Türkmeniştanyň kanunlarynda bellenilen möçberde döwlet hemaýat puluna hukugy bardyr.

 

11 madda. Gulluk borçlaryny ýerine ýetirende adamyň immunýetmezçilik wirusynyň ýokuşmagynyň töwekgelçiligine sezewar bolýan saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerini durmuş taýdan goramak

 

Gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahaly saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerine adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokuşanda olar kesp-kär keseliniň derejesine degişlidir.

Gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahaly ozüne adamyň irrirnunýetmezçilik wirusynyň ýokuşmak töwekgelçiligi bolan saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň topary zyýanly we aýratyn agyr zähmet şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň Türkmeniştanyň Miniştrler kabinetiniň kesgitleýän tertibinde tassyklanylýan sanawyna  goşulýar.

Öňüni almak, ýokuşan serişdeleri ulanyp, barlaglary geçirmek we AIW göterijileri hem-de AIDS-e sezewar bolan näsaglary bejermek bilen gönüden meşgullanýan saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň Türkmeniştanyň kanunlaryna laýyklykda:

gysgaldylan iş gününe;

hak tölenilýän goşmaça rugsada;

meýletin pension ätiýaçlandyrma şertnamasyny baglaşan halatynda pensiýa möhletinden öň çykmaga;

hünär babatda zyýanly we aýratyn agyr zähmet şertleri üçin zähmetine goşmaça hakyň tölenilmegine hukugy bardyr.

Özüniň medişina işgärleri AIW ýokuşmasy barada anyklaýyş barlaglaryny geçirýän, AIW göterijilere we AIDS-e sezewar bolan näsaglara we bejeriş we öňüni alyş kömegini berýän, şeýle hem ýokuşan adamlardan alnan gan we beýleki serişdeler bilen iş salyşýan saglygy goraýyş edaralarynyň müdürlikleri şol işgärleri zerur gorag serişdeleri bilen üpjün etmäge hem-de AIW ýokuşmasyny ýüze çykarmak üçin olary wagtal-wagtal barlagdan geçirmäge borçludyr.

 

12 madda. AIW ýokuşan saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri üçin  hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň öz gulluk borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmezligi netijesinde adamlara  adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokuşan halatynda olar üçin kepillendirmeler

 

Saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde AIW ýokuşmagynyň netijesinde maýyp bolan ýa-da aradan çykan halatynda olara Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen möçberde bir wagtlaýyn hemaýat puly tölenýär.

Saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmezligi netijesinde adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokuşan adamlaryň hem görkezilen hemaýat puluny almaga hukugy bardyr.

 

13 madda. Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakyndaky kanunlaryň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Adamyň immimýetmezçilik wirusynyň ýokuşmagyny ýüze çykarmak üçin adamyň medisina barlagyndan geçmek hukugyny durmuşa geçirmekden boýun gaçyrylmagy, şeýle barlagyň geçirilmegi hakyndaky maglumatlaryň we onuň netijeleriniň aýan edilmegi, şeýle hem adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokuşan adamlar we AIDS-e sezewar bolan näsaglar hakyndaky lukmanlyk syrynyň üpjün edilmezligi Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Öz hünar borçlaryna biperwaý garamagy sebäpli başga bir adama (ýa-da birnäçe adama) adamyň immunýetmezçilik wirusynyň ýokuşmagyna ýol beren saglygy goraýyş işgärleri Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilige çekilýär.

Şu kanunyň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jogapkärgilik çekýär.

 

14 madda. Halkara Şertnamalary

 

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu kanundakydan başga düzgünler göz öňüne tutulan bolsa, onda halkara şertnamalarynyň ölçegleri ulanylýar.

 

Türkmenistanyň                                  Saparmyrat

Prezidenti                                             Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

2001 ýylyň 7-nji iýuly

№ 78-II

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi
Kabul edilen senesi 20.09.2019
Resminamanyň belgisi