Magistral turba-geçiriji ulag hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Magistral turba-geçiriji ulag hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 24-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 153-VI Kanuny esasynda girizilen

üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun magistral turba-geçiriji ulag döredilende, işlände we ösdürilende ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär.

 

1-nji bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) magistral turba-geçiriji ulag - harytlyk önümleri ýörite turba-geçirijileriň üsti bilen akdyrmak üçin niýetlenilen ulagyň görnüşi. Magistral turba-geçiriji ulag tehnologiýa, guramaçylyk we ykdysady taýdan garaşsyz magistral turba-geçirijilerden, magistral turba-geçiriji ulag ulgamlaryndan ybarat bolup durýar;

2) magistral turba-geçiriji - harytlyk önümiň operator tarapyndan kabul ediliş nokadyndan onuň sarp edijä tabşyrylýan, tehnologik saklanylýan ýa-da ulagyň başga görnüşine geçirilýän (berilýän) nokadyna çenli howpsuz daşalmagyny (geçirilmegini) üpjün edýän ýerasty, suwasty, ýerüsti we ýeriň ýokarsyndaky turba-geçirijilerden we beýleki tehnologik desgalardan ybarat bolan bölünmeýän ýeke-täk emläkleýin önümçilik-tehnologik toplumy. Tehnologik, guramaçylyk we ykdysady taýdan özara baglanyşykly we merkezleşdirilip dolandyrylýan magistral turba-geçirijileriň we olara degişli bolan tehnologik obýektleriň jemi magistral turba-geçiriji ulag ulgamyny emele getirýär.

3) harytlyk önüm - ýer astyndan alnan we daşalmak üçin taýýarlanylan uglewodorod serişdeleri, nebit önümleri;

4) magistral turba-geçirijiniň konserwasiýasy - magistral turba-geçiriji ulanyşdan wagtlaýyn çykarylan mahalynda magistral turba-geçirijiniň desgalaryny daşky gurşawyň we beýleki faktorlaryň oňaýsyz täsirinden goramak boýunça çäreleriň toplumy;

5) ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegi - magistral turba-geçirijiniň ulanylmagy boýunça işiň raýatlaryň janyna we saglygyna hem-de daşky gurşawa oňaýsyz täsirinden goramak boýunça daşky gurşawy goramagyň çäreleriniň toplumy;

6) magistral turba-geçirijiniň operatory - magistral turba-geçirijiniň tehnologik we dispetçerçilik dolandyrylmagyny, onuň ulanylmagyny amala aşyrýan ýuridik şahs;

7) magistral turba-geçirijiniň gorag zolagy - magistral turba-geçirijä ýanaşyk duran, onuň howpsuz ulanylyşynyň üpjün edilmegi üçin zerur bolan çäk. Magistral turba-geçirijiniň goralýan zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýeriň peýdalanylmagynyň aýratyn şertleri bellenilýär;

8) harytlyk önümi iberiji - harytlyk önümiň eýesi bolup durýan, harytlyk önümi magistral turba-geçirijiniň üsti bilen akdyrylmagy üçin berýän fiziki ýa-da ýuridik şahs, ýa-da ol tarapyndan ygtyýarlyk berlen sahs;

9) harytlyk önümi sarp ediji - magistral turba-geçirijidäki harytlyk önümiň operatordan kabul edilmegini amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

10) tehniki koridor - magistral turba-geçirijiniň gorag zolagynyň çäklerindäki magistral turba-geçiriji ulagynyň guramasyna degişli magistral turba-geçirijiniň we beýleki guramalaryň energetika ýa-da başga ulag kommunikasiýalarynyň ýerleşýän ýa-da kesişýän çäklendirilen ýeri.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň magistral turba-geçiriji ulagy hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň magistral turba-geçiriji ulagy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, ol şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde magistral turba-geçiriji ulagyň obýektleriniň taslamalaşdyrylmagynyň, gurluşygynyň, ulanylmagynyň, ulanyşdan çykarylmagynyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli bolup durýar, muňa "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda turba-geçiriji ulag babatda ýüze çykýan gatnaşyklar degişli däldir.

 

4-nji madda. Magistral turba-geçiriji ulag babatda işiň esasy ýörelgeleri

 

Şular magistral turba-geçiriji ulag babatda işiň esasy ýörelgeleri bolup durýarlar:

1) ilatyň we döwletiň howpsuzlygynyň, daşky gurşawyň goralmagynyň ileri tutulmagy;

2) magistral turba-geçiriji ulag babatda gatnaşyklaryň subýektleriniň bähbitleriniň goralmagy;

3) magistral turba-geçiriji ulag babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi;

4) magistral turba-geçirijiler taslamalaşdyrylýan, gurulýan, durky täzelenýän we ulanylýan mahalynda iň täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň peýdalanylmagy;

5) magistral turba-geçirijilerden önümi akdyrmak boýunça hyzmatlar çygrynda maýa goýum syýasatynyň, nyrh emele getirişiň aýanlygy;

6) magistral turba-geçiriji ulag çygryndaky işiň netijesinde daşky gurşawa, ýuridik ýa-da fiziki şahslara ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň tölenilmeginiň hökmanylygy.

 

5-nji madda. Magistral turba-geçirijilerine eýeçilik hukugy

 

1. Magistral turba-geçirijileri döwlet eýeçiligi bolup durýar.

2. Magistral turba-geçirijileri Türkmenistanyň döwlet ýuridik şahslaryna hojalyk işlerini alyp barmak ýa-da operatiw dolandyrmak hukugynda berkidilýärler, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda bolsa, olaryň eýeçiligine berlip bilýärler.

 

2-nji BAP. MAGISTRAL TURBA-GEÇIRIJI ULAG BABATDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE DOLANDYRMAK

 

6-njy madda. Magistral turba-geçiriji ulag babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar

 

Magistral turba-geçiriji ulag babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, uglewodorod serişdeleriniň ýer astyndan alynmagy, gaýtadan işlenilmegi we daşalmagy babatdaky ygtyýarly döwlet edaralary (mundan beýläk -ygtyýarly edaralar) hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

7-nji madda. Magistral turba-geçiriji ulag babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Magistral turba-geçiriji ulag babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) magistral turba-geçiriji ulag babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) magistral turba-geçiriji ulagy ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) magistral turba-geçirijiniň önümçilik-tehnologik obýektleriniň gurulmagy we ulanylmagy üçin berilýän ýer bölekleriniň möçberlerini we olardan peýdalanmagyň tertibini kesgitleýär;

4) magistral turba-geçiriji ulagyň hyzmatlary üçin nyrh syýasatyny emele getirýär;

5) magistral turba-geçiriji ulag kärhanalarynyň, guramalarynyň adatdan daşarky ýagdaýlarda hereket etmegi boýunça çäreleriň işlenip düzülmeginiň we amala aşyrylmagynyň tertibini belleýär;

6) magistral turba-geçiriji ulag babatda halkara hyzmatdaşlygyny guraýar;

7) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

8-nji madda. Magistral turba-geçiriji ulag babatda ygtyýarly edaralaryň ygtyýarlylygy

 

Magistral turba-geçiriji ulag babatda ygtyýarly edaralar:

1) magistral turba-geçiriji ulag babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;

2) magistral turba-geçiriji ulagy ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp düzýärler we durmuşa geçirýärler;

3) magistral turba-geçiriji ulag babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň işlenip düzülmegine gatnaşýarlar;

4) magistral turba-geçiriji ulagyň gurluşyny kesgitleýärler;

5) magistral turba-geçiriji ulagyň obýektleriniň howpsuzlygyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

6) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly Türkmenistanyň çäginde degişli haryt önüminiň gazylyp alynmagy we öndürilmegi boýunça işi amala aşyrýan guramalaryň magistral turba-geçirijileriň olaryň önümini akdyryp geçirmegi boýunça hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmegine ygtyýar berilmeginiň tertibini tassyklaýarlar;

7) magistral turba-geçiriji taslamalaşdyrylanda, gurlanda, ulanylanda, ulanyşdan çykarylanda senagat, ýangyna garşy we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça düzgünleriň işlenip düzülmegine gatnaşýarlar;

8) magistral turba-geçiriji ulagyň ösdürilmeginiň meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýarlar;

9) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

9-njy madda. Magistral turba-geçiriji ulag babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Magistral turba-geçiriji ulag babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) magistral turba-geçirijiniň ulanylmaga kabul edilmegine we ol ýapylan mahalynda ýer bölekleriniň kabul edilmegine gatnaşýarlar;

2) heläkçilikleriň we adatdan daşary ýagdaýlaryň ýok edilmegine ýardam berýärler;

3) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

 

10-njy madda. Magistral turba-geçiriji ulag babatda tehniki kadalaşdyrmak, standartlaşdyrmak we güwänamalaşdyrmak

 

1. Adamlaryň janyna we saglygyna, daşky gurşawa magistral turba-geçiriji ulagyň işi bilen zyýan (zelel) ýetirilmeginiň öňüni almak maksady bilen, görkezilen ulagyň aýry-aýry obýektlerine we enjamlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet standartlary işlenilip düzülýär we tassyklanylýar.

2. Magistral turba-geçiriji ulag bilen önümiň daşalmagy (geçirilmegi) boýunça hyzmatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde magistral turba-geçiriji ulagyň tehnologik prosesleriniň we tehniki gurluşlarynyň, olaryň adamlaryň saglygy, daşky gurşaw, emläk üçin howpsuzlygy bilen baglanyşykly Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklygynyň hökmany güwälendirilmegine degişlidir.

3. Magistral turba-geçiriji ulagyň özüne döwlet standartlary işlenip düzülýän obýektleriniň we enjamlarynyň sanawy hem-de magistral turba-geçiriji ulagyň hökmany güwälendirilmäge degişli tehnologik prosesleriniň we tehniki gurluşlarynyň sanawy standartlaşdyrmak babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

 

11-nji madda. Magistral turba-geçiriji ulag babatdaky işiň aýry-aýry görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagy

 

Magistral turba-geçiriji ulag babatdaky işiň aýry-aýry görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

3-nji BAP. MAGISTRAL TURBA-GEÇIRIJILER

GURULÝAN WE ULANYLÝAN MAHALYNDA ÝERDEN PEÝDALANMAGYŇ DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI

 

12-nji madda. Magistral turba-geçirijiniň gurulmagy üçin ýer bölekleriniň berilmegi

 

1. Magistral turba-geçirijiniň önümçilik-tehnologik obýektleriniň gurulmagy üçin zerur bolan ýer bölekleri magistral turba-geçirijiniň operatoryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hemişelik peýdalanylmaga berilýär.

Görkezilen obýektleriň ulanylýan döwründe agzalan maksatlar üçin berlen ýer bölekleriniň peýdalanylmagynyň tertibini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti kesgitleýär.

2. Magistral turba-geçirijiniň obýektleriniň gurluşygynyň üpjün edilmegi ýa-da abatlanylmagy üçin zerur bolan ýer bölekleri magistral turba-geçirijiniň operatoryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde wagtlaýyn peýdalanylmaga berilýär.

 

13-nji madda. Magistral turba-geçiriji ulagyň obýektleriniň gorag zolaklary

 

1. Magistral turba-geçiriji ulagyň obýektleriniň gorag zolaklary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde bellenilýär.

2. Gorag zolaklarynyň çäklerindäki ýer bölekleri üçin ýerden peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilýär, şonda ýer eýeleri, şol ýerleriň peýdalanyjylary ýa-da kärendeçileri şu aşakdaky çäklendirmeler bilen olardan hojalyk taýdan peýdalanmaga hukuklary bardyr:

1) senagat we raýat gurluşygyny alyp barmak gadagan edilýär;

2) magistral turba-geçirijiniň operatory bilen ylalaşylmazdan, islendik işleriň ýerine ýetirilmegi gadagan edilýär.

3. Magistral turba-geçirijiniň operatorynyň gorag zolaklarynyň çäklerinde magistral turba-geçiriji ulagyň obýektleriniň abatlanylmagy we olara hyzmat edilmegi boýunça işleri, şeýle hem ol ýer bölekleriniň eýelerine, ýerden peýdalanyjylaryna ýa-da kärendeçilerine öňünden habar bermek we soňra ýetirilen zeleliň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öweziniň dolunmagy bilen, heläkçiligiň netijelerini ýok etmek boýunça işleri geçirmäge hukugy bardyr.

 

4-nji BAP. MAGISTRAL TURBA-GEÇIRIJINIŇ

TASLAMALAŞDYRYLMAGY, GURLUŞYGY, ULANYLMAGY, ULANYŞDAN ÇYKARYLMAGY

 

14-nji madda. Magistral turba-geçirijiniň taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy, ulanylmagy, ulanyşdan çykarylmagy

 

Magistral turba-geçirijiniň taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy, ulanylmagy, ulanyşdan çykarylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

15-nji madda. Magistral turba-geçirijiniň taslamalaşdyrylmagy

 

1. Magistral turba-geçirijiniň taslamalaşdyrylmagy Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna laýyklykda ýöriteleşdirilen taslama guramalary tarapyndan ýerine ýetirilýär.

2. Magistral turba-geçirijiniň taslamalaşdyrylmagy ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň göz öňünde tutulmagy bilen, tehnologik taslamalaşdyrmagyň kadalaryna, gurluşyk kadalaryna we düzgünlerine, beýleki kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Magistral turba-geçirijiniň gurluşygynyň barşynda awtorlyk gözegçilik barlagy taslama guramasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

16-njy madda. Magistral turba-geçirijiniň gurluşygy (durkunyň täzelenilmegi), ulanylmagy

 

1. Magistral turba-geçirijiniň gurluşygy (durkunyň täzelenilmegi) ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama guramalary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Magistral turba-geçirijiniň gurluşygyny (durkunyň täzelenilmegini) amala aşyrýan gurluşyk-gurnama guramalary şulara borçludyr:

1) gurluşykda tehniki kadalaşdyrmak we standartlaşdyrmak babatda tehniki kadalaşdyryjy namalarynyň talaplaryna laýyklykda materiallary we enjamlary peýdalanmaga;

2) gurulýan obýektiň taslama-çenlik resminamalaryndan yza çekilinmegine ýol bermezlige;

3) şu kemçilikleri aradan aýyrmaga:

a) turbaiçi anyklanylmanyň barşynda ýüze çykarylan;

b) şertnamada göz öňünde tutulan kepillik möhletiniň dowamynda gurluşyk-gurnama işlerinde ýüze çykarylan.

3. Magistral turba-geçiriji ýöriteleşdirilen gurama tarapyndan ulanyşa girizilmezinden öň kadalaşdyryjy-tehniki resminamalara laýyklykda turbaiçi anyklanylmasy geçirilýär.

4. Magistral turba-geçirijiniň ulanyşa kabul edilmegi döwlet kabul ediş topary tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda senagat, ýangyn, ekologiýa we başga howpsuzlygyna gözegçilik serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmadyk magistral turba-geçirijiniň ulanyşa girizilmegine ýol berilmeýär.

6. Magistral turba-geçirijiniň ulanylmagy ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň kadalyk çelgileriniň saklanylmagynda önümiň zerur möçberlerde daşalmagynyň (geçirilmeginiň) göz öňünde tutulmagy bilen amala aşyrylýar.

7. Eger magistral turba-geçiriji kabul edilen pursadyndan başlap, üç aýdan köp wagt işlemedik bolsa, onda ol konserwasiýa edilmäge we bu ýagdaýda hyzmat edilmäge degişlidir.

Eger magistral turba-geçirijiniň konsenwasiýa döwri bir ýyldan geçýän bolsa, onuň ulanyşa girizilmegine başlanylmazdan öň magistral turba-geçirijiniň tehniki ýagdaýynyň onuň işlemeginiň howpsuzlygynyň bellenilen talaplara laýyklygynyň inspeksiýasy geçirilýär.

8. Magistral turba-geçirijiniň gurluşygy (durkunyň täzelenilmegi), abatlanylmagy üçin tehnologik enjamlary, materiallary öndürmegi we ibermegi amala aşyrýan kärhanalar we guramalar:

1) iberilen tehnologik enjamlaryň, materiallaryň magistral turba-geçiriji gurnalan, sazlanan we ulanylan mahalynda ýüze çykarylan bildirmeýän kemçilikleri üçin hyzmatynyň kepillik möhletiniň dowamynda jogapkärçilik çekýärler;

2) buýruja kemçilikleri bolan we (ýa-da) iberiş şertnamasynyň şertlerine laýyk gelmeýän tehnologik enjamlaryň, materiallaryň iberilmegi bilen ýetirilen zeleliň öwezini tölemäge borçludyrlar.

 

17-nji madda. Magistral turba-geçirijiniň ulanyşdan çykarylmagy

 

1. Magistral turba-geçirijiniň ulanyşdan çykarylmagy magistral turba-geçirijiniň düýpli abatlanylmagynyň, konserwasiýa edilmeginiň ýa-da ýapylmagynyň maksady bilen, ulanylmagynyň bes edilmegi boýunça çäreleriň toplumyndan ybaratdyr.

2. Magistral turba-geçirijiniň ulanyşdan çykarylmagy hakynda karar operatoryň teklipnamasy boýunça we senagatda işleriň howpsuz alnyp barylmagyna gözegçilik barlagy we daşky gurşawyň goragy babatdaky ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşmak arkaly degişli ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilýär.

Bu tertip magistral turba-geçirijiniň düýpli abatlaýyş, heläkçilik-dikeldiş işleri üçin ulanyşdan çykarylmagyna degişli däldir.

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti esasy gaznalarynyň könelmeginiň ýokary derejesinde we olar bilen daşky gurşawa zeper ýetirilende magistral turba-geçirij ni ulanyşdan çykarmak hakynda karar kabul edip biler.

4. Magistral turba-geçiriji ulanyşdan çykarylan mahalynda onuň howpsuz ýagdaýa getirilmegi hökmanydyr.

 

5-nji BAP. MAGISTRAL TURBA-GEÇIRIJINIŇ IŞLEMEGI

 

18-nji madda. Magistral turba-geçirijiniň tehnologiýa we dispetçer taýdan dolandyrylmagy

 

1. Magistral turba-geçirijiniň tehnologiýa we dispetçer taýdan dolandyrylmagy operator tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Operator:

1) magistral turba-geçirijiniň üznüksiz, netijeli, ygtybarly we howpsuz işlemegini üpjün edýär;

2) magistral turba-geçiriji bilen önümiň daşalmagy (geçirilmegi) boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär;

3) ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň ölçeglik çelgileriniň saklanyp galdyrylmagy bilen talap edilýän tehnologik göwrümleriň berjaý edilmegi bilen, zerur möçberlerdäki önümiň daşalmagyny (geçirilmegini) amala aşyrýar;

4) magistral turba-geçirijä tehniki hyzmat etmegi, gündelik abatlamagy we anyklaýyş barlagyny amala aşyrýar;

5) senagat, ýangyn we ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

3. Operator öz işini amala aşyran mahalynda ýeke-täk tehniki koridorda ýerleşýän inženerçilik kommunikasiýalaryny ulanýan guramalar bilen ylalaşykly hereket edilmegini üpjün edýär.

Görkezilen guramalar bilen gatnaşyklar görkezilen magistral turba-geçirijiniň we kommunikasiýalaryň howpsuz we ygtybarly ulanylmagynyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki işi kesgitleýän şertnamalaryň, şeýle hem mümkin bolup biljek heläkçilikleriň we adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça hereketiň esasynda guralýar.

 

19-njy madda. Önümçilik tehnologiýa obýektiniň (turba-geçirijiniň) magistral turba-geçirijä birikdirilmegi

 

1. Magistral turba-geçirijä başga gurama degişli bolan turba-geçirijiniň birikdirilmegi turba-geçirijiniň operatory bilen birikdirilýän turba-geçirijiniň eýesiniň (onuň ygtyýarlyk berlen şahsynyň) arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar.

2. Görkezilen turba-geçirijiniň magistral turba-geçirijä birikdirilmegi bilen baglanyşykly çykdajylary birikdirilýän turba-geçirijiniň eýesi çekýär.

3. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, birikdirilen önümçilik tehnologiýa obýektiniň tehnologiýa we dispetçerçilik taýdan dolandyrylmagy onuň birikdirilen magistral turba-geçirijiniň operatory tarapyndan merkezleşdirilip amala aşyrylýar.

4. Birikdirilen turba-geçirijiniň eýesiniň magistral turba-geçirijiniň operatory bilen ylalaşmazdan ony ulanyşdan aýyrmaga hukugy ýokdur.

5. Başga gurama degişli bolan turba-geçirijiniň magistral turba geçirijisine birikdirilmegine şu ýagdaýlarda boýun gaçyrylmagyna ýol berilmeýär, eger:

1) magistral turba-geçirijiniň geçirijilik ukyby öz göwrümleri boýunça ulanyş talaplarynyň hiline we tehniki dessurlarynyň talaplaryna laýyk gelýän önümiň isleg bildirilýän möçberlerini daşamaga mümkinçilik berýän bolsa;

2) birikdirilýän turba-geçirijiniň eýesi turba bilen alynýan önümiň hasaba alynmagy we onuň hiline gözegçilik edilmegi boýunça talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçlanýan bolsa.

 

20-nji madda. Magistral turba-geçiriji bilen önüm daşamak boýunça hyzmatlaryň edilmegi

 

1. Magistral turba-geçiriji bilen önüm daşamak boýunça önüm iberijilere edilýän hyzmatlar hemmelere deňlik we kemsidilmezlik ýörelgesinden ugur alnyp, magistral turba-geçirijisiniň operatory tarapyndan magistral turba-geçirijisiniň geçirijilik ukybynyň we hakyky ýagdaýynyň göz öňünde tutulmagy bilen ýerine ýetirilýär.

2. Magistral turba-geçirijisiniň geçirijilik ukyby çäkli bolan halatynda daşamak boýunça hyzmatlar daşalýan önümiň ýerden gazylyp alynmagynyň ýa-da öndürilmeginiň barabarlykdaky möçberlerinde ýerine ýetirilýär.

3. Magistral turba-geçiriji bilen önüm daşamak boýunça hyzmatlaryň edilmegi önümiň daşalmagy (geçirilmegi) boýunça hyzmatlaryň edilmegi barada magistral turba-geçirijiniň operatorynyň önüm ugradyjy bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykdaky tertipde we möhletlerde amala aşyrylýar.

4. Magistral turba-geçirijiniň operatorynyň iberijilere, şu sebäplere görä olara degişli önümini daşamakdan ýüz döndermäge haky bardyr:

1) önüm iberiji tarapyndan önümiň daşalmagy (geçirilmegi) üçin sargydyň önümiň daşalmagy (geçirilmegi) boýunça hyzmatlaryň edilmegi barada şertnamada bellenilen tertibiň we möhletiň bozulmagy bilen berilmegi;

2) daşalýan önüm üçin güwänamanyň we önümiň oňa eýeçilik hukugynda ýa-da başga kanuny esasda degişliligini tassyk edýän resminamalaryň bolmazlygy;

3) daşalmaga (geçirilmäge) hödürlenýän önümiň bellenilen tertipde kesgitlenilýän hili we başga häsiýetnamalary boýunça magistral turba-geçirijisinde daşalmaga (geçirilmäge) laýyk gelmezligi;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

 

21-nji madda. Magistral turba-geçiriji bilen önüm daşamak boýunça hyzmatlaryň tölegi

 

1. Magistral turba-geçiriji bilen önüm daşamak boýunça hyzmatlaryň nyrhlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

2. Magistral turba-geçiriji bilen önüm daşamak boýunça hyzmatlaryň tölegi önüm daşamak boýunça hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi barada şertnama laýyklykda amala aşyrylýar.

 

6-njy BAP. MAGISTRAL TURBA-GEÇIRIJI ULAG BABATDA SENAGAT WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNYŇ ESASLARY

 

22-nji madda. Magistral turba-geçiriji ulag babatda döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi

 

1. Magistral turba-geçiriji ulag babatda döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Magistral turba-geçiriji ulagyň obýektleriniň howpsuzlygyna döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi şulary öz içine alýar:

1) magistral turba-geçiriji ulagyň obýektleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça kadalaryň we düzgünleriň işlenip düzülmegini, tassyklanylmagyny we güýje girizilmegini guramaklygy;

2) görkezilen obýektleriň taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy we abatlanylmagy üçin hem-de önümiň magistral turba-geçiriji ulag bilen daşalmagy (geçirilmegi) üçin ygtyýarnamalaryň berilmegini;

3) magistral turba-geçiriji ulagyň obýektleriniň tehniki we ýangyn howpsuzlygyna döwlet gözegçilik barlagynyň amala aşyrylmagyny;

4) magistral turba-geçiriji ulagyň obýektleriniň gurluşygy, ulanylmagy, abatlanylmagy we ulanylyşdan çykarylmagy geçirilýän mahalynda howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň işlenip düzülmegine we durmuşa geçirilmegine gözegçiligiň amala aşyrylmagyny, şunuň bilen baglanyşykly bilermenler seljermesiniň we barlagynyň geçirilmegini.

 

23-nji madda. Magistral turba-geçirijiniň senagat we ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň aýratynlyklary

 

1. Magistral turba-geçirijiniň howpsuz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, olaryň senagat we ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine bildirilýän şu aşakdaky talaplar berjaý edilýär:

1) magistral turba-geçirijiniň tehnologik obýektleriniň taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy we ulanylmagy diňe degişli ygtyýarnamalary bolan guramalar tarapyndan amala aşyrylýar;

2) magistral turba-geçirijiniň obýektleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän gorag düzgüni bellenilýär;

3) magistral turba-geçirijiniň gurluşygy, ulanylmagy ýa-da abatlanylmagy geçirilýän mahalynda howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagynda, şeýle hem gorag kadalarynyň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler;

4) sowuk-sala garalmagy, magistral turba-geçirijä bilkastlaýyn zeper ýetirilmegi ýa-da başga bikanun hereketler netijesinde ýetirilen maddy zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde doldurylýar.

2. Magistral turba-geçirijä gurluşyk kadalarynda we düzgünlerinde bellenilen iň az aradaşlykdan ýakyn ýerde gurlan jaýlar, gurulmalar we desgalar düzgüniň bozulmagyna ýol beren fiziki we ýuridik şahslaryň hasabyna ýykylmaga degişlidirler.

 

24-nji madda. Magistral turba-geçirijiniň bolup biljek heläkçilikleriň kiçeldilmegi we ýok edilmegi boýunça hereketlere taýýarlygy

 

Magistral turba-geçirijiniň ygtybarly we howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, magistral turba-geçirijiniň operatory:

1) bolup biljek heläkçilikleriň netijelerini ýok etmegiň meýilnamasyny işläp düzýär, tehniki anyklaýyş, heläkçilik ýagdaýlarynyň ýüze çykandygy barada habar beriş ulgamlaryny döredýär, işgärleri heläkçilik ýagdaýyndaky hereketlere taýýarlamagy amala aşyrýar;

2) magistral turba-geçirijiniň işleýşiniň bozulmagyna we (ýa-da) daşky gurşawyň hapalanmagyna getiren heläkçilikleriň netijelerini ýok etmek boýunça gaýragoýulmasyz we netijeli hereketleri üpjün edýär.

 

25-nji madda. Magistral turba-geçirijiniň howpsuzlygynyň deklarirlenilmegi

 

1. Magistral turba-geçirijiniň operatory Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Magistral turba-geçirijiniň howpsuzlygynyň deklarasiýasyny işläp düzýär.

2. Howpsuzlygyň Deklarasiýasynyň işlenip düzülmeginiň kadalary we döwürleýinligi senagat howpsuzlygy babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Howpsuzlygyň Deklarasiýasy magistral turba-geçirijiniň operatory tarapyndan tassyklanylýar we ol magistral turba-geçirijisiniň obýektleriniň senagat we ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň meýilnamalaşdyrylmagy we durmuşa geçirilmegi üçin resminama bolup durýar.

 

26-njy madda. Zyýan ýetirilendigi üçin jogapkärçiligiň hökmany ätiýaçlandyrylmagy

 

1. Magistral turba-geçirijiniň operatory magistral turba-geçirijiniň obýektleriniň ulanylmagynyň barşynda fiziki we ýuridik şahslara, daşky gurşawa zeper ýetirilendigi üçin jogapkärçilik çekýär.

2. Magistral turba-geçirijiniň operatory magistral turba-geçirijiniň işlemegi bilen baglanyşykly adamlaryň janyna ýa-da saglygyna, emläge, daşky gurşawa zeper ýetirilendigi üçin jogapkärçiliginiň hökmany (döwlet) ätiýaçlandyrylmagyny amala aşyrýar.

3. Şular zeper ýetirilendigi üçin jogapkärçiligiň hökmany ätiýaçlandyrylmagyna degişlidir:

1) magistral turba-geçirijiniň tehnologik obýektleriniň emlägi;

2) beýleki ýuridik şahslara degişli magistral turba-geçirijiniň gorag zolagynda ýerleşdirilen obýektleriň emlägi.

4. Magistral turba-geçirijiniň operatorynyň jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylmagyna çykdajylar magistral turba-geçirijilerden önümiň akdyrylmagy boýunça hyzmatlaryň özüne düşýän bahasyna goşulýar.

 

7-nji BAP. MAGISTRAL TURBA-GEÇIRIJI ULAGYŇ OBÝEKTLERINIŇ MOBILIZASIÝA TAÝÝARLYGY

 

27-nji madda. Magistral turba-geçirijileriň mobilizasiýa taýýarlygy

 

1. Adatdan daşary ýagdaý yglan edilen mahalynda Türkmenistanyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, döwletiň durmuşy üçin möhüm ahmiýeti bolan magistral turba-geçirijileriň mobilizasiýa taýýarlygy amala aşyrylýar.

2. Magistral turba-geçirij ileriň mobilizasiýa taýýarlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýratyn çäkleri, strategik taýdan möhüm obýektleri we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini energiýa serişdeleri we başga zerur önüm bilen üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

3. Mobilizasiýa taýýarlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan meýilnama boýunça amala aşyrylýar.

4. Magistral turba-geçirijileriň mobilizasiýa taýýarlygynyň çäreleriniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

8-nji BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

28-nji madda. Halkara hyzmatdaşlygy

 

Magistral turba-geçiriji ulag babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

29-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

      Türkmenistanyň                                                     Gurbanguly

          Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 4-nji maýy.

394-IV.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 04.05.2013
Resminamanyň belgisi № 394-IV