TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Bilim hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 21-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 08.11.2014 ý. № 152-V, 20.03.2017 ý. № 530-V we 09.06.2018 ý. № 53-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Bilim hakynda düşünje

 

Bilim almaga hukuk Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar.

Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimi kämilleşdirmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bilim Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady bolup durýar.

Terbiýe diýlip, adamyň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine milli we umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary hem-de özüňi alyp barmagyň türkmen jemgyýetinde kabul edilen düzgünleri we kadalary esasynda şahsyýetiň ösmegine we kämilleşmegine gönükdirilen işe düşünilýär.

Okatmak diýlip, bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň we ygtyýarlylygyň belli bir maksat bilen ele alynmagynyň, ukyplaryň ösdürilmeginiň, bilimleri gündelik durmuşda ulanmak tejribesini toplamagyň hem-de Türkmenistanyň raýatynda işjeň durmuşynyň bütin dowamynda yzygider bilim almaga we hünär derejesini kämilleşdirmäge bolan çuňňur isleginiň emele getirilmeginiň barşyna düşünilýär.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň bilim babatda kanunçylygy we onuň wezipeleri

 

1. Türkmenistanyň bilim babatda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň bilim hakyndaky meseleleri düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyndakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3. Türkmenistanyň bilim babatda kanunçylygynyň wezipeleri aşakdakylardan ybarat:

- Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak;

- Türkmenistanyň bilim ulgamynyň üznüksiz işlemegi we ösmegi üçin hukuk kepilliklerini döretmek;

- döwlet häkimiýet edaralarynyň bilim babatda ygtyýarlyklaryny kesgitlemek;

- ýuridik we fiziki şahslaryň bilim babatda hukuklaryny, borçlaryny, ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek, şeýle hem olaryň bu babatda gatnaşyklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmak.

 

3-nji madda. Bilim babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri

 

Bilim babatda döwlet syýasaty şu aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:

1) öz ukyplaryny we zehinini doly ulanyp bilmeginde her bir adamyň hukuklarynyň deňligi;

2) bilimiň ynsanperwer häsiýeti, umumadamzat gymmatlyklarynyň, adamyň janynyň we saglygynyň, şahsyýetiň erkin ösmeginiň ileri tutulmagy;

3) bilimiň Türkmenistanyň halkynyň milli taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen sazlaşykly arabaglanyşygy;

4) raýatlyk we watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adam hukuklaryna we azatlyklaryna sarpa goýmak, tebigy gurşawa, maşgala, Watana söýgi duýgularyny terbiýelemek;

5) döwlet tarapyndan berilýän bilim hyzmatlarynyň ähli görnüşiniň Türkmenistanyň her bir raýaty üçin elýeterli bolmagy;

6) her bir raýat üçin umumy orta bilimiň hökmanylygy we döwlet bilim edaralarynda onuň mugtlugy;

7) bilimiň üznüksizligi we onuň basgançaklarynyň biri-biri bilen baglanyşykly yzygiderliligi;

8) okatmagyň we bilim edaralarynyň kysymlary, görnüşleri we eýeçilik görnüşleri boýunça köpdürlüligi;

9) bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen utgaşmagy hem-de onuň beýleki ýurtlaryň bilim ulgamlary bilen özara baglanyşygy;

10) döwlet bilim ulgamynyň dünýewi häsiýetliligi we onuň dini guramalardan aýrylygy.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim babatda hukuklarynyň döwlet kepillikleri

 

Türkmenistanyň raýatlaryna milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine bolan garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara, şeýle hem ýaşyna we saglyk ýagdaýyna garamazdan bilim almak mümkinçiligi kepillendirilýär.

Jyns, ýaş we saglyk ýagdaýynyň alamatlary boýunça aýry-aýry kärler, hünärler we taýýarlamagyň ugurlary boýunça bilim almak üçin olaryň orunlaryny çalyşmak we işlerine bolan talaplaryň şertlerinden, şeýle hem okatmagyň görnüşlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan çäklendirmeler bellenilip bilner.

2. Döwlet bilim almak üçin bilim ulgamyny we degişli durmuş-ykdysady şertleri döretmek arkaly raýatlaryň bilim almaga bolan hukugyny üpjün edýär.

3. Türkmenistanyň raýatlary üçin umumy orta bilim hökmanydyr, olar ony döwlet bilim edaralarynda mugtuna almaga haklydyrlar.

Döwlet Türkmenistanyň raýatlaryna öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär.

4. Durmuş taýdan goldawa mätäç raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, olaryň bilim alýan döwründe üpjünçiligi bilen bagly harajatlary döwlet öz üstüne alýar. Şunuň ýaly goldaw berilýän raýatlaryň toparlary, goldaw bermegiň tertibi we onuň möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.

5. Döwlet saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli, ýagny beden we (ýa-da) akyl taýdan ösüşinde kemçilikler bar bolan raýatlara umumy kysymly bilim edaralarynda bilim (inklýuziw bilim) almagy üçin şertleri döredýär. Ýörite mugallymçylyk çemeleşmeleriň esasynda olaryň ösüşindäki bozulmalary düzetmek we olaryň durmuş taýdan uýgunlaşmagy üçin saglyk ýagdaýy boýunça umumy kysymly bilim edaralaryna baryp bilmeýän çagalaryň bilim almagy üçin ýörite bilim edaralary döredilýär.

6. Döwlet aýratyn tapawutly ukyplarynyň bardygyny görkezen raýatlaryň bilim almagy üçin ýörite döwlet talyp haklaryny, şol sanda daşary ýurtda okamak üçin hem talyp haklaryny bermek arkaly olara ýardam berýär. Şeýle talyp haklaryny bermegiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

5-nji madda. Okatmagyň we terbiýelemegiň dilleri

 

1. Bilim edaralarynda okatmagyň we terbiýelemegiň dilleri şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenýär.

2. Türkmen dili döwlet dili hökmünde, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidir.

Ähli bilim edaralary Türkmenistanyň döwlet diliniň okadylmagyny üpjün etmelidirler.

3. Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlaryna öz ene dilini öwrenmäge ýardam edýär.

4. Türkmenistanyň çäginde işleýän daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynda ýa-da olar bilen bilelikdäki bilim edaralarynda şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda degişli daşary ýurt dili (dilleri) okatmagyň esasy dili bolup durýar.

Şunuň ýaly bilim edaralarynda Türkmenistanyň döwlet dili bilim maksatnamasynyň milli böleginiň düzümine girýän dersleri okatmak üçin ulanylýar.

5. Döwlet, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt dillerini özleşdirmegine ýardam edýär.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek umumybilim we hünär biliminiň maksatnamalaryna hökmany ders hökmünde girizilýär.

6. Döwlet Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda onuň çäginden daşarda ýaşaýan türkmen milletinden bolan raýatlaryň ene dilinde umumy orta bilim almagyna ýardam edýär.

 

II BAP. BILIM ULGAMY

 

6-njy madda. Bilim ulgamynyň gurluşy

 

Türkmenistanda bilim ulgamy şulary öz içine alýar:

- döwlet bilim standartlaryny;

- bilim maksatnamalaryny;

- bilim edaralarynyň ulgamyny;

- bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edaralary we olar tarapyndan döredilen beýleki edaralary.

 

7-nji madda. Döwlet bilim standartlary

 

1. Türkmenistanda bilim edaralary tarapyndan bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende ýerine ýetirilmegi hökmany bolan talaplaryň jeminden ybarat bolan döwlet bilim standartlary bellenilýär.

2. Döwlet bilim standartlary, bilim almagyň görnüşlerine garamazdan, uçurymlaryň bilimine we hünär derejesine adalatly baha bermegiň esasy bolup durýar.

3. Döwlet bilim standartlary Türkmenistanyň bilim giňişliginiň bitewiligini we umumybilim we hünär biliminiň maksatnamalarynyň yzygiderliligini üpjün edýär.

4. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli okaýan adamlar üçin ýörite döwlet bilim standartlary bellenilýär.

5. Döwlet bilim standartlaryny işläp düzmek we tassyklamak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

 

8-nji madda. Bilim maksatnamalary

 

1. Bilim maksatnamasy - bu bilimiň mazmunynyň, möçberiniň, meýilnamalaşdyrylýan netijeleriniň jemi hem-de ol okuw meýilnamasy, senenama okuw tertibi, dersler (okuwlar, tapgyrlar) boýunça okuw maksatnamalary, beýleki düzüm birlikleri, şeýle hem bahalandyryş we usulyýet materiallary görnüşinde berilýär.

2. Türkmenistanda bilim maksatnamalary şu aşakdakylara bölünýär:

1) umumybilim;

2) hünär bilimi.

3. Umumybilim maksatnamalary şahsyýetiň bilimleri, başarnyklary, endikleri we ygtyýarlylygy ele almagyna, umumy medeniýetiniň kemala getirilmegine, onuň jemgyýetdäki durmuşa uýgunlaşmagy, hünär biliminiň maksatnamalaryny oýlanyşykly saýlap almagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Umumybilim maksatnamalaryna şular degişlidir:

1) mekdebe çenli bilim;

2) başlangyç bilim;

3) esasy orta bilim;

4) umumy orta bilim;

5) mekdepden daşary bilim.

4. Hünär biliminiň maksatnamalary anyk ugurda hünär işiniň alnyp barylmagyna we (ýa-da) anyk kär ýa-da hünär boýunça işiniň ýerine ýetirilmegine, şeýle hem hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýän bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň we ygtyýarlylygyň ele alynmagyna gönükdirilendir.

Hünär bilimi maksatnamalaryna şular degişlidir:

1) başlangyç hünär bilimi;

2) orta hünär bilimi;

3) ýokary hünär bilimi;

4) ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi;

5) hünär taýýarlygy;

6) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak.

5. Bilim edaralarynda bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhletleri şu Kanun, şeýle hem eýeçiligiň degişli kysymlaryndaky we görnüşlerindäki bilim edaralary hakynda birkysmy düzgünnamalar ýa-da degişli döwlet bilim standartlary bilen kesgitlenýär.

 

9-njy madda. Bilimiň basgançaklary

 

1. Bilimiň basgançaklarynyň toparlara bölünmegi (klassifikasiýasy) bilim maksatnamalarynyň mazmunyna laýyklykda, olaryň çylşyrymlylygyna, ele alynýan bilimlere we endiklere, öňki bilim maksatnamalary babatda bellenilýän talaplara, bilim hyzmatlarynyň guralyşynyň şertlerine we berlişiniň usullaryna, şeýle hem jemleýji synagyň bolmagyna we (ýa-da) hökmanylygyna görä amala aşyrylýar.

2. Umumybilim maksatnamalary boýunça bilimiň şu aşakdaky basgançaklary bellenilýär:

1) mekdebe çenli bilim (başlangyç bilime taýýarlygy hem goşmak bilen);

2) başlangyç bilim;

3) esasy orta bilim;

4) umumy orta bilim.

3. Hünär biliminiň maksatnamalary boýunça bilimiň şu aşakdaky basgançaklary bellenilýär:

1) başlangyç hünär bilimi;

2) orta hünär bilimi;

3) ýokary hünär bilimi;

4) ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi.

 

10-njy madda. Bilimiň mazmunyna bildirilýän umumy talaplar

 

1. Bilimiň mazmuny şulary üpjün etmelidir:

- Türkmenistanyň raýatynda dünýä derejesine laýyk gelýän umumy we kesp-kär medeniýetiniň kemala getirilmegini;

- şahsyýetiň milli we dünýä medeniýetine goşulyşmagyny;

- şahsyýetiň ýokary ruhy-ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegini;

- her bir adamyň ukyplarynyň ösdürilmegini.

2. Bilimiň mazmuny Türkmenistanda türkmen halkynyň milli jebisliginiň gazanylmagynyň, raýatlyk, milletara we dinlerara asudalygynyň we agzybirliginiň üpjün edilmeginiň maksatlaryna laýyk gelmelidir, dünýägaraýyş taýdan çemeleşilmeleriň köpdürlüligini göz öňünde tutmalydyr, okaýanlaryň saýlamaga hem-de pikirlerini we garaýyşlaryny erkin aýdyp bilmäge bolan hukugyny amala aşyrmagyna ýardam bermelidir.

3. Anyk bilim edarasyndaky bilimiň mazmuny okaýanlar tarapyndan degişli döwlet bilim standartlarynda bildirilýän talaplaryň gazanylmagyny üpjün edýän bilim maksatnamasy (bilim maksatnamalary) bilen kesgitlenýär.

 

11-nji madda. Bilim almagyň we okatmagyň görnüşleri

 

1. Bilim maksatnamalary okaýanlaryň islegleriniň we mümkinçilikleriniň göz öňünde tutulmagy bilen, bilimiň - bilim edarasy, özbaşdak bilim almak, eksternat ýaly görnüşleri arkaly özleşdirilip bilner.

2. Bilim edaralarynda bilim almagyň gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen), gündizki-gaýybana (okuwyň iş wagtyndan başga wagtlarda okalmagy bilen, önümçilikden aýrylmazlyk şertinde) we gaýybana (önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen) ýaly görnüşleri ulanylýar.

3. Anyk umumybilim ýa-da hünär biliminiň maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň ähli görnüşi üçin bitewi döwlet bilim standartlary hereket edýär.

4. Okatmagyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşleri göz öňünde tutulmaýan kärleriň, taýýarlygyň ugurlarynyň we hünärleriň sanawlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

12-nji madda. Okaýanlaryň toparlary (kategoriýalary)

 

Okaýanlara bilim maksatnamasyna, okatmagyň görnüşine, bilim edarasynda bolmagyň düzgünine görä aşakdakylar degişlidirler:

1) terbiýelenýänler - mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnaýan çagalar hem-de şol bir wagtda bilim edarasynda ýaşamagy ýa-da bolmagy bilen umumybilim maksatnamasyny özleşdirýän çagalar;

2) okuwçylar - başlangyç, esasy orta we umumy orta bilim, şeýle hem mekdepden daşary bilim maksatnamalaryny özleşdirýän çagalar;

3) talyplar - başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirýän raýatlar;

4) diňleýjiler - işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalaryny, şeýle hem hünär taýýarlygy maksatnamalaryny özleşdirýän raýatlar;

5) eksternler - umumybilim maksatnamalary boýunça aralyk we jemleýji döwlet synagyndan geçmek üçin umumybilim edarasyna kabul edilen raýatlar.

 

III BAP. BILIM EDARALARYNYŇ ULGAMY

 

13-nji madda. Bilim edaralary

 

1. Bilim edarasy okaýanlar üçin bir ýa-da birnäçe bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem olaryň terbiýelenmegi hem-de olara ideg edilmegi göz öňünde tutulýan bilim işini amala aşyrýan edara bolup durýar.

2. Bilim edarasy ýuridik şahs bolup durýar.

3. Türkmenistanyň eýeçilik hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda bilim edaralary döwlet, hususy we eýeçiligiň gaýry görnüşinde bolup biler.

Döwlet bilim edaralary Türkmenistanyň bilim ulgamynyň esasyny düzýärler.

4. Türkmenistanyň bilim hakyndaky kanunçylygy eýeçiliginiň görnüşine we tabynlygyna garamazdan, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän bilim edaralarynyň ählisine degişlidir.

5. Şu aşakdaky kysymly edaralar bilim edaralaryna degişlidir:

1) mekdebe çenli çagalar edaralary;

2) umumybilim edaralary;

3) başlangyç hünär bilimi edaralary;

4) orta hünär bilimi edaralary;

5) ýokary hünär bilimi edaralary;

6) ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini amala aşyrýan edaralar;

7) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan we olary gaýtadan taýýarlaýan edaralar;

8) saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlar üçin ýörite bilim edaralary;

9) ýetim çagalar we ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar üçin ýörite bilim edaralary;

10) mekdepden daşary bilim edaralary;

11) bilim işini amala aşyrýan beýleki edaralar.

6. Bilim edaralarynyň işi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan eýeçiligiň degişli kysymlaryndaky we görnüşlerindäki bilim edaralary hakyndaky birkysmy düzgünnamalar we bilim edaralarynyň olaryň esasynda işlenip taýýarlanylýan tertipnamalary bilen düzgünleşdirilýär.

Bilim edarasynyň tertipnamasynyň gurluşy, ony tassyklamagyň we hasaba almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

7. Bilim edarasynyň hukuk ýagdaýy (kysymy, görnüşi, eýeçiliginiň görnüşi) onuň esaslandyryjysy tarapyndan bellenilýär.

8. Şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň ýa-da olar bilen bilelikdäki bilim edaralary döredilip bilner.

9. Bilimi ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen bilim edaralarynyň, şol sanda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň gatnaşmagynda bilim birleşiklerini döretmäge hukugy bardyr. Bilim birleşikleri öz işini degişli tertipnamalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar. Bilim birleşiklerini döretmegiň, olary hasaba almagyň we olaryň işiniň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

14-nji madda. Bilim edaralaryny esaslandyryjylar

 

1. Şu aşakdakylar bilim edaralarynyň esaslandyryjylary bolup biler:

- döwlet häkimiýet edaralary;

- ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;

- ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki ýuridik şahslary;

- Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan jemgyýetçilik birleşikleri;

- Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurt raýatlary.

Esaslandyryjy üýtgedilip guralan halatynda onuň hukuklary degişli hukuk oruntutarlaryna geçýär.

2. Harby we hukuk goraýjy edaralar üçin işgärleri taýýarlamagyň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän ähli kysymlardaky we görnüşlerdäki bilim edaralary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen döredilýär.

3. Esaslandyryjy bilen bilim edarasynyň arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olaryň arasynda baglaşylan şertnama bilen kesgitlenýär.

 

15-nji madda. Bilim edaralarynyň işleýiş şertleri

 

1. Bilim edarasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär we hasaba alynýar.

2. Bilim edaralarynda bilim işini alyp barmaga we Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen ýeňilliklere bolan hukuk, ygtyýarnäma berlen pursatyndan başlap döreýär.

Bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak babatda işi alyp barmagy ygtyýarlylandyrmagyň tertibi baradaky Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Bilim edarasynyň öz uçurymlaryna degişli bilimi hakynda döwlet nusgasyndaky resminamany bermäge hukugy onuň döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama bilen kepillendirilen döwlet akkreditasiýasyny geçen pursatyndan başlanýar.

Bilim edarasyna (mekdebe çenli çagalar edarasyndan başga) döwlet akkreditasiýasyny geçenligi barada berilýän şahadatnama onuň hukuk derejesini, şeýle hem okaýanlaryň taýýarlygynyň mazmunynyň we hiliniň döwlet bilim standartlaryna laýyklygyny tassyklaýar.

Bilim edarasynyň döwlet akkreditasiýasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde geçirilýär.

4. Bilimiň hiline döwlet gözegçiligi bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan uçurymlaryň jemleýji döwlet synaglaryny, gönüden-göni bilim edarasyny synagdan geçirmek, şeýle hem okaýanlaryň meýilnama boýunça we meýilnamadan daşary taýýarlygynyň mazmunyny we hilini, olaryň bilim edaralarynda ýerine ýetirilýän bilim maksatnamalaryna laýyklygyny barlamak arkaly amala aşyrylýar.

Bilim edarasyny synagdan geçirmegiň we barlamagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

5. Bilim edarasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner.

 

16-njy madda. Bilim edaralarynyň dolandyrylyşy

 

1. Bilim edaralarynyň dolandyrylyşy Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda olaryň birkysmy düzgünnamalaryna we tertipnamalaryna laýyklykda ýeke-täk ýolbaşçylyk we kärdeşler maslahaty ýörelgeleri boýunça amala aşyrylýar.

2. Bilim edarasyny gös-göni onuň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan ýolbaşçysy dolandyrýar.

3. Bilim edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipesiniň ady, onuň ygtyýarlyklary we jogapkärçiligi, bilim edarasynyň kärdeşler maslahaty organlarynyň döredilişiniň we işiniň tertibi, olaryň ygtyýarlyklarynyň paýlanylyşy bilim edaralarynyň birkysmy düzgünnamalary we tertipnamalary bilen kesgitlenilýär.

4. Döwlet bilim edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde hünär synagyndan geçýär.

5. Bilim edaralarynda dolandyrmagyň kärdeşler maslahaty organlary döredilýär.

Bilim edarasynyň kärdeşler maslahaty usulynda dolandyrylmagynyň alymlar geňeşi, howandarlar geňeşi, mugallymlar, usulyýet (okuw-usulyýet, ylmy-usulyýet) geňeşleri we beýleki görnüşleri bolup biler, olaryň işiniň guralyş düzgünleri, şol sanda olaryň saýlaw tertibi bilim edaralarynyň birkysmy düzgünnamalary we tertipnamalary bilen kesgitlenýär.

 

17-nji madda. Bilim bermek işiniň guralmagyna bildirilýän umumy talaplar

 

1. Bilim edarasynda bilim bermek işini guramak okuw meýilnamasyna, dersleriň (okuwlaryň, tapgyrlaryň) okuw maksatnamalaryna we sapaklaryň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Bilim edarasy bilim maksatnamalary durmuşa geçirilen mahalynda dürli bilim tehnologiýalaryny, şol sanda okaýanlaryň mugallymçylyk işgärleriň özara gatnaşyk saklamagynda uzak aralykly düzgünde maglumatlar-telekommunikasiýa ulgamlarynyň ulanylmagy bilen durmuşa geçirilýän uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny we maglumatlar binýatlarynda bar bolan maglumatlaryň, maglumatlar tehnologiýalarynyň hem-de olary işlemek boýunça tehniki serişdeleriň, olaryň aragatnaşyk ugurlary arkaly berilmegi boýunça maglumatlar-telekommunikasiýa ulgamlarynyň jemlenilip ulanylmagyna esaslanýan elektron okuwy peýdalanýar.

3. Bilim edarasy bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy  tarapyndan işlenip düzülýän okaýanlaryň aralyk we jemleýji synaglarynyň baha ulgamyny, görnüşlerini, tertibini we döwürleýinligini ulanýar.

Hünär bilimi maksatnamalarynyň gurluş düzümini we olaryň özleşdirilmegi üçin sarp edilýän zähmetiň möçberini kesgitlemek üçin hasap birlikleri ulgamy (kredit ulgamy) ulanylyp bilner.

4. Umumy orta bilimiň we hünär biliminiň maksatnamalarynyň özleşdirilmegi okaýanlaryň hökmany jemleýji döwlet synagyndan geçirilmegi hem-de degişli bilimi hakynda resminamanyň berilmegi bilen tamamlanýar.

5. Esasy orta bilimiň maksatnamalarynyň özleşdirilmegi okuwçylaryň sepgit synagyndan geçirilmegi bilen tamamlanýar, onuň esasynda umumy orta bilimiň degişli ugrunyň (profiliniň) bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi boýunça hödürnama berilýär.

6. Bilim edarasyndaky tertip-düzgün okaýanlaryň, mugallymçylyk işgärleriň adam mertebesine sarpa goýmagy esasynda saklanylýar. Okaýanlar babatda fiziki güýç we psihiki zorluk usullaryny ulanmaga ýol berilmeýär.

7. Bilim edarasy okaýanlaryň bilim maksatnamalaryny özleşdirmekleriniň netijeleriniň şahsy hasaba alynmagyny ýöredýär, şeýle hem bu netijeler barada maglumatlary bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy  tarapyndan bellenilen tertipde arhiwlerde kagyz we (ýa-da) elektron göterijilerde saklaýar.

 

18-nji madda. Raýatlaryň bilim edaralaryna kabul edilmegine bildirilýän umumy talaplar

 

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim edaralaryna kabul edilmegine bildirilýän umumy talaplar şu Kanun hem-de eýeçiligiň degişli kysymly we görnüşli bilim edaralary hakynda birkysmy düzgünnamalar bilen düzgünleşdirilýär.

2. Raýat bilim edarasyna kabul edilen mahalynda bilim edarasy ony we (ýa-da) onuň ata-enesini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary bilim edarasynyň tertipnamasy, bilim işini alyp barmaga we degişli bilim barada döwlet nusgasyndaky resminamany bermäge hukuk berýän rugsat beriji resminamalar, bu bilim edarasy tarapyndan durmuşa geçirilýän esasy bilim maksatnamalary we bilim işini guramagy kadalaşdyrýan beýleki resminamalar bilen tanyşdyrmaga borçludyr.

3. Türkmenistan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we umumybilim edaralarynyň Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan we bellenilen ýaşa görä şeýle hukugy bolan ähli çagalar üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär.

4. Raýatlaryň döwlet mekdebe çenli çagalar edaralaryna we umumybilim edaralaryna kabul edilmegi ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň arzalary boýunça amala aşyrylýar.

5. Raýatlaryň hünär bilimini almak üçin döwlet bilim edaralaryna kabul edilmegi olaryň arzalary boýunça bäsleşik esasynda amala aşyrylýar. Bäsleşigiň şertlerine görä raýatlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň we raýatlaryň arasyndan degişli hünär biliminiň maksatnamasyny özleşdirmäge has ukyply we taýýarlykly bolanlarynyň kabul edilmäge hukuklarynyň döwlet kepillikleriniň berjaý edilmegi üpjün edilmelidir.

6. Okuwa girýänlerden belli bir döredijilik ukyplarynyň, beden we (ýa-da) ruhy häsiýetleriň bolmagyny talap edýän hünärler we (ýa-da) taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak üçin döwlet orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň, olaryň netijeleri, bäsleşik geçirilende umumybilim derslerinden geçirilýän giriş synaglarynyň netijeleri bilen bir hatarda göz öňünde tutulýan goşmaça döredijilik we (ýa-da) hünär häsiýetli synaglary geçirmäge hukugy bardyr.

Girişde goşmaça döredijilik we (ýa-da) hünär häsiýetli synaglar gecirilip bilinjek hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlarynyň (hünärleriniň) sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Okuwy raýatlaryň döwlet gullugyna girmegi we döwlet syrlary bar bolan maglumatlara ygtyýarynyň bolmagy bilen baglanyşykly döwlet orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň goşmaça synaglarynyň we olara kabul etmegiň şertleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

7. Şu aşakdakylar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet hünär bilimi edaralaryna bäsleşiksiz kabul edilýär:

- ýetim çagalar we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar;

- maýyp çagalar, lukmançylyk-durmuş taýdan anyklaýyş edaralarynyň netijenamasyna görä degişli bilim edaralarynda okamagyna garşylyk bildirilmeýän I we II topar maýyplar;

- gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty wepat bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň çagalary.

8. Şu aşakdakylar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýarlar:

- okuwa girýän ýylynda, mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary;

- taýýarlygyň bedenterbiýä we sporta degişli ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna okuwa girýän Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri;

- taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri;

- III topar maýyplar.

9. Orta hünär ýa-da ýokary hünär okuw mekdebiniň giriş synaglaryna goýberilen işleýän raýata öz islegi boýunça, okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerine we yzyna gidilen wagty hasaba almazdan, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda bellenen dowamlylykdan artyk degişlilikde on we on bäş senenama günlük zähmet haky tölenmeýän rugsat berilýär.

 

19-njy madda. Ýörite bilim edaralary

 

1. Ýetim çagalar we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar üçin doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýan ýörite bilim edaralary döredilýär. Döwlet maşgala kysymly çagalar öýleriniň döredilmegine hem-de olaryň işine ýardam we goldaw berýär.

2. Saglyk ýagdaýy boýunça umumy kysymly bilim edaralaryna baryp bilmeýän, uzak möhletli bejergä mätäç bolan, beden we akyl ösüşinde ýetmezçilikleri bolan çagalar üçin ýörite bilim edaralary döredilýär.

3. Ýörite bilim edaralarynyň işi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan olar baradaky birkysmy düzgünnamalar bilen düzgünleşdirilýär.

 

IV BAP. UMUMYBILIM MAKSATNAMALARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI

 

20-nji madda. Mekdebe çenli bilim

 

1. Mekdebe çenli bilim çaganyň şahsyýetiniň beden hem-de akyl taýdan ösüşiniň esaslarynyň kemala getirilmegini, onuň milli we umumadamzat ruhy we medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrylmagyny, onda ukyplaryň we zehiniň ýüze çykarylmagyny hem-de ösdürilmegini üpjün edýän irki çagalyk döwründe okadylmagynyň we terbiýelenmeginiň maksatlaryna hyzmat edýär.

2. Mekdebe çenli bilimiň bilim maksatnamalaryny, düzgün boýunça, bir ýaşdan alty ýaşa çenli çagalar özleşdirýärler.

3. Türkmenistanda mekdebe çenli ýaşly çagalaryň terbiýelenmegi we okadylmagy üçin maşgala kömek hökmünde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ulgamy hereket edýär.

Işleýiş şertlerine baglylykda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň: çagalar bakjasy, çagalar bakja-bagy, çagalar bagy we beýleki görnüşleri bolup biler.

4. Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary pudaklaýyn garaşlylygyna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli mekdebe çenli çagalar edaralaryna usuly ýolbaşçylygy we olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar.

5. Mekdebe çenli ýaşly çagalary başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamak mekdebe çenli bilimiň düzüm bölegidir, ol hökmanydyr we maşgalada, mekdebe çenli we beýleki bilim edaralarynda amala aşyrylýar.

6. Başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlyk, okamaga başlaýan ýylynda bäş ýaşyny doldurýan çagalar bilen başlanýar.

7. Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde mekdebe çenli ýaşly çagalaryny başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge öýünde taýýarlamagy amala aşyrýan maşgalalara usulyýet we maslahat beriş kömegini guraýarlar we utgaşdyrýarlar.

 

21-nji madda. Başlangyç bilim

 

1. Başlangyç bilimiň bilim maksatnamalary okuwçynyň şahsyýetiniň kemala getirilmegine, onuň okuw işinde şahsy ukyplarynyň we başarnyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda okamagy, ýazmagy, hasaplamagy, nazary pikirlenmegiň tärlerini, özüňe gözegçilik etmegiň iň ýönekeý endiklerini, özüňi alyp barmak hem-de sözleýiş medeniýetini, şahsy gigiýenanyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny ele almagyna gönükdirilendir.

2. Başlangyç bilim hökmanydyr.

3. Başlangyç bilimiň bilim maksatnamalary boýunça umumybilim edarasyna okuwa girýän ýylynda 6 ýaşyny doldurýan çagalar okadylyp başlanýar.

4. Başlangyç bilimiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti dört ýyldan az bolmadyk möhleti düzýär.

5. Başlangyç bilim şu aşakdaky umumybilim edaralarynyň birinde: umumybilim berýän mekdepde, ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepde (ýöriteleşdirilen ugruň görkezilmegi bilen), umumybilim berýän mekdep-internatynda we beýlekilerde alnyp bilner.

6. Başlangyç bilim esasy orta bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okadylmaga geçilmegi bilen tamamlanýar.

 

22-nji madda. Esasy orta bilim

 

1. Esasy orta bilimiň bilim maksatnamalary okuwçylarda ýokary ahlakly dünýägaraýyşy, gözellik meýlini we sagdyn durmuş ýörelgesine ymtylmagyny, şahsyýetara hem-de milletara gatnaşyklaryň ýokary medeniýetini emele getirmek we ösdürmek, ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini ele almak, onuň höweslerini we gyzyklanmalaryny ýüze çykarmak arkaly şahsyýetiň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

Esasy orta bilimiň bilim maksatnamalary okuwçylarda durmuşda öz ornuny tapmak ukyplarynyň ösdürilmegine we oýlanyşykly hünär saýlap bilmek başarnygynyň emele getirilmegine gönükdirilendir.

2. Esasy orta bilim hökmanydyr.

3. Esasy orta bilimiň bilim maksatnamalary boýunça başlangyç bilimi bolan çagalar okadylyp başlanýar.

4. Esasy orta bilimiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti, düzgün boýunça - alty ýyldan, başlangyç bilimi hasaba almak bilen bolsa, on ýyldan ybarat.

5. Esasy orta bilim şu aşakdaky umumybilim edaralarynyň birinde: umumybilim berýän mekdepde, ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepde (ýöriteleşdirilen ugruň görkezilmegi bilen), umumybilim berýän mekdep-internatynda we beýlekilerde alnyp bilner.

6. Esasy orta bilimiň bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi jemleýji döwlet synagyndan geçilmegi we bilimi hakynda resminamanyň berilmegi bilen tamamlanmaýar.

Esasy orta bilimiň bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi sepgit synagy bilen tamamlanýar, şonuň esasynda umumy orta bilimiň degişli ugrunyň (profiliniň) bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi boýunça hödürnama berilýär.

 

23-nji madda. Umumy orta bilim

 

1. Umumy orta bilimiň bilim maksatnamalary okuwçynyň öwrenijilik gyzyklanmalarynyň we döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine; bilimiň mazmunynyň ugurlara gönükdirilenligi, differensirlenenligi, hünärlere ugrukdyrylanlygy esasynda özbaşdak okuw işi endikleriniň emele getirilmegine; okuwçyny jemgyýetde ýaşamaga, durmuşda öz ýoluny özbaşdak saýlap we zähmet işine başlap bilmegine taýýarlamaga gönükdirilendir.

Umumy orta bilimiň bilim maksatnamalary okuwçylary hünär biliminiň maksatnamalarynyň özleşdirilmegine taýýarlamagy maksat edinýär.

2. Umumy orta bilimiň bilim maksatnamalarynyň mazmuny okatmagyň ugurlaýynlygy, ýagny okuw işiniň görnüşleri we bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmeginiň netijelerine bildirilýän talaplar agdyklyk edýän, onuň ders-tematik mazmunyny kesgitleýän, bilimiň anyk çygrynyň bilim maksatnamalarynyň ugry esasynda kesgitlenilýär.

Ugurlaýyn okuw dersleri bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy  tarapyndan umumybilim edaralary üçin sanawy bellenilýän ugurlar boýunça emele getirilýär.

3. Türkmenistanyň raýatynyň umumy orta bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okadylmagy okuwçylar tarapyndan, olaryň gyzyklanmagy, islegi we ukyplary, şeýle hem bilim edarasynyň esasy orta bilimiň maksatnamalarynyň özleşdirilmeginiň jemleri boýunça beren hödürnamasy esasynda saýlanylyp alnan ugruň (profiliň) biri boýunça amala aşyrylýar.

4. Umumy orta bilimiň bilim maksatnamalary boýunça esasy orta bilimi bolan çagalar okadylyp başlanýar.

5. Umumy orta bilim hökmanydyr we şu aşakdaky umumybilim edaralarynyň birinde: umumybilim berýän mekdepde, ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepde (ýöriteleşdirilen ugruň görkezilmegi bilen), umumybilim berýän mekdep-internatynda alnyp bilner.

6. Umumybilim edaralarynda umumy orta bilimiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti, düzgün boýunça iki ýyldan, başlangyç we esasy orta bilimiň hasaba alynmagy bilen bolsa - on iki ýyldan ybarat.

7. Türkmenistanyň öz wagtynda umumybilim maksatnamalaryny doly möçberde özleşdirmedik raýatlary, umumy orta bilim hakynda resminamany almak üçin ony, düzgünnamasy bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy  tarapyndan tassyklanylýan eksternat ulgamy arkaly tamamlap bilerler.

8. Umumybilim edaralarynda umumy orta bilimiň bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegi jemleýji döwlet synaglary we hünär biliminiň maksatnamalary boýunça okuwyny dowam etmäge mümkinçilik berýän umumy orta bilim hakynda şahadatnamanyň berilmegi bilen tamamlanýar.

 

24-nji madda. Mekdepden daşary bilim

 

1. Mekdepden daşary okuw we terbiýe bilim ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we okuwçylaryň ukyplaryny we zehinlerini ösdürmäge, olaryň gyzyklanmalaryny, ruhy talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

2. Okuwçylaryň köp taraply gyzyklanmalaryny we ukyplaryny ösdürmek maksady bilen: medeni-gözellik, tebigy-ylmy, tehniki, sport we beýlekiler ýaly mekdepden daşary bilim edaralarynyň ulgamy döredilýär.

3. Mekdepden daşary iş umumybilim edaralary, maşgala, jemgyýetçilik birleşikleri, döredijilik toparlary bilen bilelikde geçirilýär we edaralaryň görnüşleriniň, şonuň ýaly-da höwes bildirilýän işleriň görnüşleriniň meýletin saýlanyp alynmagy ýörelgesine esaslanýar.

4. Mekdepden daşary bilim edaralarynyň dürli görnüşleriniň işi bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy  tarapyndan tassyklanan olar baradaky birkysmy düzgünnamalar bilen düzgünleşdirilýär.

 

V BAP. HÜNÄR BILIMI MAKSATNAMALARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGI

 

25-nji madda. Başlangyç hünär bilimi

 

1. Başlangyç hünär biliminiň maksady jemgyýete peýdaly işiň ähli esasy ugurlary boýunça zähmet çekmek üçin hünärleri bolan işgärleri taýýarlamakdan ybarat.

2. Türkmenistanyň raýatynyň başlangyç hünär biliminiň maksatnamalary boýunça okadylmagy umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

3. Başlangyç hünär bilimi dürli görnüşli (başlangyç hünär okuw mekdebi, liseý we beýlekiler) başlangyç hünär bilimi edaralarynda, şeýle hem degişli ygtyýarnamalary bolan orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynda alnyp bilner.

4. Başlangyç hünär bilimi edaralarynda okuwlar okatmagyň gündizki, şeýle hem gündizki-gaýybana görnüşlerinde amala aşyrylýar.

5. Hünärler, şol sanda okatmagyň görnüşleri boýunça hünärler Türkmenistanyň başlangyç hünär biliminiň hünärleriniň Döwlet klassifikatory bilen ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

6. Başlangyç hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti ele alynýan hünäriň çylşyrymlylygyna baglylykda bir okuw ýylyndan bir ýarym okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar. Okuwyň anyk möhleti bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy  tarapyndan tassyklanylýan degişli hünäre taýýarlamagyň okuw meýilnamasy bilen kesgitlenýär.

7. Başlangyç hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryna degişli hünär boýunça hünär derejesiniň berlendigini görkezýän bilim hakynda resminama berilýär.

8. Başlangyç hünär bilimini almak onuň eýesine degişli hünär işini amala aşyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynda okuwyny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

 

26-njy madda. Orta hünär bilimi

 

1. Orta hünär bilimi şahsyýetiň hünär bilimini almaga we ony çuňlaşdyrmaga bolan isleginiň kanagatlandyrylmagyna esaslanýar, onuň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň degişli pudaklary üçin orta derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bardyr.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň orta hünär biliminiň maksatnamalary boýunça okadylmagy umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

3. Orta hünär bilimi dürli görnüşli (orta hünär mekdebi, kollež we beýlekiler) orta hünär bilimi edaralarynda we degişli ygtyýarnamalary bar bolan ýokary hünär bilimi edaralarynda alnyp bilner.

4. Orta hünär bilimi edaralarynda okuwlar okatmagyň gündizki, gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerinde amala aşyrylýar.

5. Hünärler, şol sanda okatmagyň görnüşleri boýunça hünärler Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň Döwlet klassifikatory bilen ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

6. Orta hünär bilimi edaralarynda okatmagyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerine talyplyga kabul etmek we hünärmenleri taýýarlamak raýatyň bilim edarasyndaky saýlan hünärine degişli bolan iş ýerinde ýa-da wezipede iki ýyldan az bolmadyk möhletde iş tejribesiniň bolmak şerti bilen we onuň iş berijisiniň hödürnamasy boýunça amala aşyrylýar.

7. Orta hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti öwrenilýän hünäre we okatmagyň görnüşlerine baglylykda iki okuw ýylyndan dört okuw ýylyna çenli möhleti öz içine alýar. Okuwyň anyk möhleti degişli hünärleriň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan okuw meýilnamalary bilen kesgitlenýär.

8. Orta hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryna degişli hünär boýunça orta basgançaga laýyk gelýän hünär derejesiniň berlendigini görkezýän bilim hakynda resminama berilýär.

9. Orta hünär bilimini almak onuň eýesine degişli hünär işini amala aşyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralarynda okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

 

27-nji madda. Ýokary hünär bilimi

 

1. Ýokary hünär biliminiň maksatnamalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin taýýarlygyň ugurlary we hünärler boýunça hünärli işgärleriň düýpli nazaryýet we amalyýet taýdan taýýarlanylmagyny, şeýle hem şahsyýetiň bilimini, ylmy-mugallymçylyk hünärini çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny üpjün edýär.

2. Türkmenistanda ýokary hünär biliminiň işgärleri taýýarlamagyň iki basgançakly, şonuň ýaly-da bir basgançakly gurluş düzümi bardyr.

3. Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki basgançakly gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň birinji basgançagy (bakalawr derejesi) hünär işiniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän, ýokary bilim hökmünde kesgitlenýär.

Ýokary hünär biliminiň maksatnamalary (bakalawr derejesi) boýunça okatmak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

Ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünär biliminiň maksatnamalary (bakalawr derejesi) boýunça okuw okatmagyň gündizki, gündizki-gaýybana, gaýybana görnüşleri boýunça geçirilýär.

Ýokary okuw mekdeplerine okuwyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerine talyplyga kabul etmek we ýokary hünär biliminiň (bakalawr derejesi) taýýarlygynyň ugurlary boýunça hünärli işgärleri taýýarlamak raýatyň bilim edarasynda saýlan taýýarlygyň ugruna degişli bolan iş ýerinde ýa-da wezipede iki ýyldan az bolmadyk möhletde iş tejribesiniň bolmak şerti bilen we onuň iş berijisiniň hödürnamasy esasynda amala aşyrylýar.

4. Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki basgançakly gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň ikinji basgançagy (magistr derejesi) hünär we (ýa-da) dolandyryş wezipeleriniň birnäçesini özbaşdak çözmäge, mugallymçylyk işiniň dürli görnüşlerini geçirmäge we umuman ylmy-barlag işlerini alyp barmaga taýýarlamagy üpjün edýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär.

Ýokary hünär biliminiň maksatnamalary (magistr derejesi) boýunça okatmak ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

Ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünär biliminiň maksatnamalary (magistr derejesi) boýunça okatmak okuwyň gündizki görnüşi boýunça geçilýär.

5. Okadylmagy hünärler boýunça amala aşyrylýan işgärleri (hünärmenleri) taýýarlamagyň bir basgançakly gurluş düzümi bolan ýokary hünär bilimi hünär, mugallymçylyk, gözleg işleriniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär.

Ýokary hünär biliminiň maksatnamalary boýunça (hünärmen) taýýarlamak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

Ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünär biliminiň maksatnamalary boýunça (hünärmen) okuw okatmagyň gündizki, gündizki-gaýybana, gaýybana görnüşleri boýunça geçirilýär.

Ýokary okuw mekdeplerine okatmagyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerine talyplyga kabul etmek we hünärler boýunça hünärli işgärleri taýýarlamak raýatyň bilim edarasyndaky saýlan hünärine degişli bolan iş ýerinde ýa-da wezipede iki ýyldan az bolmadyk möhletde iş tejribesiniň bolmak şerti bilen we onuň iş berijişiniň hödürnamasy esasynda amala aşyrylýar.

6. Ýokary hünär bilimi dürli görnüşdäki (uniwersitet, akademiýa, konsenwatoriýa, institut we başgalar) ýokary hünär bilimi edaralarynda (ýokary okuw mekdeplerinde) alnyp bilner.

7. Ýokary hünär biliminiň maksatnamalary boýunça, şol sanda okatmagyň görnüşleri boýunça taýýarlygyň ugurlary hem-de hünärler Türkmenistanyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatory bilen ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

8. Ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti öwrenilýän taýýarlygyň ugruna (hünäre) we okatmagyň görnüşine baglylykda, adatça, bakalawrlary taýýarlamak üçin - dört okuw ýylyny, magistrleri taýýarlamak üçin - bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli möhleti, hünärmenleri taýýarlamak üçin - bäş okuw ýylyndan alty okuw ýylyna çenli möhleti, öz içine alýar. Okuwyň anyk möhleti taýýarlygyň degişli ugurlarynyň (hünärleriň) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan okuw meýilnamalary bilen kesgitlenýär.

9. Ýokary hünär biliminiň maksatnamalary boýunça okuwy üstünlikli tamamlan uçurymlara degişli hünär derejeleri berilýär: taýýarlygyň ugruny görkezmek bilen bakalawr derejesi, taýýarlygyň ugruny görkezmek bilen magistr derejesi, hünärini görkezmek bilen - hünärmen.

 

28-nji madda. Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi

 

1. Türkmenistanda üznüksiz bilim ulgamynyň ýokary basgançagy hökmünde ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminiň maksady ýokary hünär derejeli ylmy işgärleri taýýarlamakdyr.

2. Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi ýokary hünär biliminiň (magistriň diplomy, hünärmeniň diplomy) binýadynda amala aşyrylýar.

3. Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi ýokary hünär biliminiň bilim edaralarynda we ylmy edaralarda, şeýle hem alymlyk derejesine dalaşgärlik arkaly alnyp bilner.

4. Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminiň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

29-njy madda. Hünär taýýarlygy

 

1. Hünär taýýarlygynyň maksady diňleýjilere belli bir çylşyrymly bolmadyk işi, işler toplumyny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan endikleri çaltlaşdyrylan görnüşde öwretmekden ybarat.

2. Hünär taýýarlygy degişli ygtyýarnamasynyň bolan ýagdaýynda bilim ugurly bolmadyk kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň okuw bölümlerinde, umumybilim edaralarynda, şeýle hem degişli hünär derejesi we ygtyýarnamasy bar bolan hünärmenlerden şahsy taýýarlyk tertibinde alnyp bilner.

3. Degişli ygtyýamamasy bolan ýagdaýda goşmaça (şol sanda tölegli) bilim hyzmatlary hökmünde umumy orta bilim basgançagynyň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän umumybilim edaralary kärhanalar, edaralar we guramalar bilen şertnamalar boýunça okuwçylaryň hünär taýýarlygyny geçirip bilerler. Hünär taýýarlygy diňe okuwçylaryň we olaryň ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň razylygy bilen geçirilýär.

4. Hünär taýýarlygynyň dowamlylygy okuw sagatlarynyň möçberi we okuw sapaklarynyň geçirilişiniň tertibiniň döwürleýinligi (tertibi) bilen kesgitlenýär.

5. Hünär taýýarlygynyň maksatnamalary boýunça okuwlar okatmagyň gündizki, şeýle hem gündizki-gaýybana görnüşlerinde amala aşyrylýar.

6. Hünär taýýarlygynyň geçilenligi degişli resminama bilen kepillendirilýär we onuň eýesine iş beriji tarapyndan geçirilýän hünär derejesiniň synagy arkaly degişli hünär işini (işleri, işler toplumyny) ýerine ýetirmäge dalaş etmäge mümkinçilik berýär.

 

30-njy madda. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak

 

1. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak hünär bilimlerini we endikleri çuňlaşdyrmak, ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlaryny hasaba almak bilen hünär bilimlerini täzelemek, täze hünärleri, kärleri we derejeleri öwrenmek maksady bilen amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda iş beriji öz hajatlary üçin zähmet ýa-da işgärler toparynyň köpçülikleýin şertnamasy (ylalaşygy), şeýle hem işgärler tarapyndan işiň (gullugyň) degişli görnüşleriniň ýerine ýetiriliş şertleri bilen kesgitlenýän tertipde amala aşyrylýan işgärlere bolan islegi, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň görnüşlerini özbaşdak kesgitleýär.

Eger işgär hünär boýunça gaýtadan taýýarlamak ýa-da hünär derejesini ýokarlandyrmak tamamlanandan soň, esassyz sebäplere görä şertnama boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirmese, onda ol iş berijiniň bu maksatlar üçin çykdajylarynyň öwezini dolmaga borçludyr.

3. Işgärleriň (işçileriň, gullukçylaryň, hünärmenleriň) hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak döwlet serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem şertnamalaýyn esasda, bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi babatda degişli ygtyýarnamasynyň bar bolan ýagdaýynda ähli kysymdaky bilim edaralarynda, ylmy guramalarda we önümçilikde, beýleki guramalarda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň hem-de olary gaýtadan taýýarlamagyň maksatnamalarynyň talaplary bilen kesgitlenýän okatmagyň görnüşinde amala aşyrylyp bilner.

4. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy we olary gaýtadan taýýarlamagy guramagyň we geçirmegiň meseleleri Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kadalaşdyrylýar.

 

VI BAP. BILIM ULGAMYNYŇ DOLANDYRYLYŞY

 

31-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bilim ulgamy boýunça ygtyýarlyklary

 

Bilim ulgamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar;

2) bilimi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň işini kadalaşdyryp düzgünleşdirmegi amala aşyrýar;

3) bilim babatyndaky döwlet syýasatyny işläp düzýär;

4) raýatlaryň bilim almaga bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegini we goralmagyny üpjün edýär;

5) bilim ulgamynyň döwlet dolandyrylyşyny amala aşyrýar;

6) halkara standartlarynyň we tejribesiniň, milletiň taryhynyň we özboluşlylygynyň, şeýle hem ykdysadyýete hojalygy alyp barmagyň bazar ýörelgeleriniň girizilmeginiň esasynda bilim özgertmeleriniň geçirilmegini guraýar;

7) bilim ulgamyny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň ýörite maksatnamalaryny işläp düzýär, kabul edýär we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

8) Türkmenistanyň bilim babatda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

9) bilim ulgamynyň işgärlerine, durmuş taýdan goralmaga mätäç okaýanlaryň goldawyna degişli döwlet ýaşaýyş-durmuş syýasatynyň işlenip düzülmegini we onuň durmuşa ornaşdyrylmagyny amala aşyrýar;

10) mugallymçylyk ylmynyň ösdürilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýar;

11) daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen bilim babatyndaky hyzmatdaşlygy üpjün edýär.

12) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

 

32-nji madda. Bilimi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary

 

1. Türkmenistanda bilimi dolandyrmak üçin şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan kesgitlenen ygtyýarlyklaryň çäklerinde hereket edýän bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň ulgamy döredilýär.

2. Türkmenistanyň bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralaryna şular degişlidir:

bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy;

ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralary.

 

33-nji madda. Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary

 

Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:

- bilim babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

- bilimiň gelejekki ösüşini we ugurlaryny, onuň mazmunyna, derejesine we göwrümine bildirilýän talaplary işläp düzýär;

- döwlet bilim standartlaryny işläp düzýär;

- bilim edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

- beýleki döwletler bilen halkara gatnaşyklary, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegi we ýaýratmagy üpjün edýär;

- bilim edaralarynyň ähli kysymlarynyň okuw, terbiýeçilik, usulyýet we ylmy işleriniň guralyşynyň kadalaşdyryjy-gözükdiriji resminamalaryny işläp düzýär;

- bilim babatda Türkmenistanyň Döwlet býujetini işläp taýýarlamaga gatnaşýar;

- jemleýji döwlet synaglarynyň ylmy-usuly taýdan üpjünçiligini we bilimiň degişli basgançagyny tamamlanlaryndan soň döwlet nusgasyndaky resminamalar berilýän uçurymlaryň taýýarlygynyň hiliniň gözegçiligini amala aşyrýar;

- bilim edaralaryna kabul etmegiň şertlerini işläp düzýär;

- daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary mekdebe çenli we umumybilim edaralaryna kabul etmegiň tertibini belleýär;

- orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyny işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga hödürleýär;

- bilim edaralarynyň birkysmy düzgünnamalaryny, olaryň hünär synagynyň we akkreditasiýasynyň tertibini işläp düzýär;

- bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işine ygtyýarnama bermekligi amala aşyrýar;

- Türkmenistanda daşary ýurtlaryň bilim hakyndaky resminamalaryny ykrar etmek we olaryň barabarlygyny kesgitlemek işini geçirmekligi amala aşyrýar;

- bilim işgärleriniň hünär synagynyň we hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň tertibini işläp düzýär.

Bilimi dolandyrmak boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň işläp düzýän kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrygy boýunça şol edara tarapyndan tassyklanylyp bilner.

 

34-nji madda. Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

- başlangyç, esasy orta we umumy orta bilimiň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän bilim edaralarynda hökmany okamaga degişli bolan çagalaryň hasabyny ýöretmek;

- mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralarynyň ulgamyny ösdürmek, olaryň maddy binýadyny berkitmek, hojalyk hyzmatlaryny üpjün etmek;

- mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralarynyň jaýlaryny we desgalaryny saklamagy üpjün etmek, olaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmak;

- bilim işgärlerini, okaýanlary durmuş taýdan goramak, şeýle hem olar üçin maddy-tehniki we maliýe üpjünçiliginiň kadalyk ölçeglerine laýyklykda iş, terbiýeçilik we okuw şertlerini döretmek;

okuwçylaryň we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýänleriň iýmitlendirilmegini guramak;

- oba ýerlerinde ýerli býujetiň serişdeleriniň hasabyna okuwçylaryň okaýan ýerlerine yzygiderli gatnadylmagyny üpjün etmek;

- umumybilim berýän edaralaryň okuw-usulyýet üpjünçiligini guramak, mugallymçylyk işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek we ýokarlandyrmak;

- mugallymçylyk işgärlere bolan zerurlygy kesgitlemek we sargytlary düzmek, olary taýýarlamak barada şertnamalary baglaşmak;

- mekdebe çenli we umumy orta bilimiň derejesine bildirilýän döwlet talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek.

 

35-nji madda. Bilim hakyndaky resminamalar

 

1. Umumy orta bilim basgançagynyň umumybilim maksatnamalaryny üstünlikli tamamlan adamlara berilýän, bilimi hakynda resminama - orta bilim hakynda şahadatnama bolup durýar.

2. Bilimiň şu aşakdaky basgançaklarynyň hünär bilimi maksatnamalaryny üstünlikli tamamlan adamlara berilýän, bilimi hakynda resminamalar şulardan ybarat bolup durýar:

1) başlangyç hünär bilimi - başlangyç hünär bilimi hakynda diplom;

2) orta hünär bilimi - orta hünär bilimi hakynda diplom;

3) ýokary hünär bilimi (bakalawr derejesi) - bakalawryň diplomy;

4) ýokary hünär bilimi (magistr derejesi) - magistriň diplomy;

5) ýokary hünär bilimi (hünärmen) - hünärmeniň diplomy.

3. Umumy orta bilimiň we hünär biliminiň maksatnamalaryny durmuşa geçirýän döwlet bilim edaralary jemleýji döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen uçurymlara degişli bilimi alandyklaryny kepillendirýän we degişli bilim edarasynyň ýolbaşçysynyň goly hem-de möhüri bilen tassyklanýan döwlet nusgasyndaky resminamalary berýärler.

4. Döwlet hünär synagyndan we akkreditasiýasyndan bellenilen tertipde geçen umumy orta bilim we hünär bilimi maksatnamalaryny durmuşa geçirýän döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk bilim edaralary jemleýji döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen uçurymlara degişli bilim edarasynyň ýolbaşçysynyň goly hem-de möhüri bilen tassyklanýan bilim hakynda degişli döwlet nusgasyndaky resminamalary berýärler.

5. Degişli bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resminama Türkmenistanyň döwlet bilim edaralarynda bilimiň indiki bançagynyň maksatnamalary boýunça okuwy dowam etmek üçin zerur şert bolup durýar.

6. Hünär bilimi hakyndaky resminamalarda görkezilen hünär biliminiň basgançagy we hünär derejesi olaryň eýelerine Türkmenistanyň çäginde hünäri boýunça işlemäge, şol sanda kanunçylykda bellenilen tertipde bilimden edilýän hökmany hünär derejesiniň talaplary boýunça kesgitlenen wezipeleri eýelemäge hukuk berýär.

7. Bilimiň belli bir basgançagyny tamamlap bilmediklere, jemleýji döwlet synaglaryny geçmediklere ýa-da jemleýji döwlet synaglarynda kanagatlanarsyz netijeleri alanlara bilim edarasynda okandygy barada bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen nusgadaky kepilnama berilýär.

Jemleýji döwlet synaglaryndan geçmedikler ýa-da jemleýji döwlet synaglarynda kanagatlanarsyz netijeleri alanlar bir ýyldan az bolmadyk möhletden soň jemleýji döwlet synaglaryny gaýtadan tabşyrmaga haklydyrlar.

8. Degişli kysymdaky bilim edarasynda jemleýji döwlet synaglary barasyndaky düzgünnama bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

9. Aşakdaky bilim maksatnamalaryny üstünlikli tamamlan adamlara berilýän bilimi hakynda resminamalar şulardan ybarat bolup durýar:

1) hünär taýýarlygy (razrýadyň ýa-da klasyň, hünär okuwynyň netijeleri boýunça derejäniň berilmegi) - şahadatnama;

2) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak - hünär derejesini ýokarlandyrandygy hakynda şahadatnama ýa-da hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakynda diplom.

10. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär taýýarlygynyň maksatnamalaryny durmuşa geçirýän döwlet bilim edaralary hem-de döwlet hünär synagyndan we akkreditasiýasyndan bellenilen tertipde geçen döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk bilim edaralary okuwy üstünlikli tamamlan uçurymlara degişli hünäri alandyklaryny kepillendirýän we degişli bilim edarasynyň ýolbaşçysynyň goly hem-de möhüri bilen tassyklanylýan döwlet nusgasyndaky resminamalary berýärler.

11. Bilimi hakyndaky resminamada görkezilen hünär derejesi olaryň eýelerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagyň we olary gaýtadan taýýarlamagyň ýa-da hünär taýýarlygynyň netijeleri boýunça edilýän hökmany hünär derejesiniň talaplary boýunça kesgitli hünär işi ýa-da anyk zähmet işi bilen meşgullanmaga hukuk berýär.

12. Saglyk ýagdaýy boýunça umumy orta bilim almaga mümkinçiligi bolmadyk, uýgunlaşan umumybilim maksatnamalary boýunça okan, mümkinçilikleri çäkli adamlara, bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýän degişli nusgada we tertipde bilimi hakynda şahadatnama berilýär.

13. Bilim işini amala aşyrýan guramalar, jemleýji synag geçirmek göz öňünde tutulmaýan bilim maksatnamalaryny özleşdiren adamlara bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýän degişli nusgada we tertipde okanlygy hakynda resminama bermäge haklydyr.

14. Bilimi hakynda we (ýa-da) hünär hakynda resminamalaryň berilmegi üçin töleg alynmaýar.

15. Bilimi hakynda we (ýa-da) hünär hakynda resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde resmileşdirilýär.

Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýän tertipde bilimi hakynda we (ýa-da) hünär hakynda resminamalar daşary ýurt dilinde hem resmileşdirilip bilner.

16. Bilim hakynda resminamalaryň döwlet nusgalarynyň görnüşleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

VII BAP. BILIMIŇ YKDYSADYÝETI

 

36-njy madda. Bilim işiniň maliýeleşdirilişi

 

1. Bilim edarasynyň işi şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda maliýeleşdirilýär.

2. Döwlet bilim edaralarynyň maliýeleşdirilişi bilim maksatnamalarynyň mazmunyny, okatmagyň tehnologiýalaryny, okatmagyň görnüşlerini, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlaryň bilim almagynyň ýörite şertlerini, okatmagyň we terbiýelemegiň howpsuz şertlerini üpjün etmegi, okaýanlaryň ömrüni we saglygyny goramagy hasaba almak bilen olarda okaýanlaryň birine düşýän hasaba görä düzülen, bilim edarasynyň her kysymyna we görnüşine laýyklykda maliýeleşdiriş kadalyk ölçegleri esasynda amala aşyrylýar.

3. Beýleki umumybilim edaralaryndan uzakda ýerleşýänliginiň, ulag bilen gatnatmak mümkinçiliginiň şertlerinden we (ýa-da) okuwçylaryň sanyndan ugur alnyp kesgitlenilýän, obalardaky az toplumly we şolar ýaly edaralar hökmünde seredilýän bilim edaralarynyň maliýeleşdirilmeginiň kadalyk ölçegleri olarda okuwçylaryň sanyna bagly bolmadyk harajatlary göz öňünde tutmalydyr.

4. Döwlete degişli bolmadyk bilim edaralary öz işini maliýeleşdirmek üçin iň pes dereje hökmünde döwlet bilim edaralarynyň maliýeleşdiriş kadalyk ölçeglerini ulanýarlar.

5. Bäsleşik esasynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna döwlet bilim standartynyň çäklerinde degişli döwlet bilim edaralarynda başlangyç hünär, ýa orta hünär, ýa-da ýokary hünär bilimini almak üçin okuwa girmek talyplary okuwa kabul etmegiň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

6. Bilim edarasynyň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenen tertipde goşmaça tölegli bilim hyzmatlarynyň we düzgünnamada göz öňünde tutulan beýleki hyzmatlaryň hasabyna, esasy bilim maksatnamalary boýunça tölegli esasda goşmaça kabul edilmeginiň, şeýle hem Türkmenistanyň ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslarynyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslarynyň meýletin haýyr-sahawatlarynyň we maksatlaýyn gatançlarynyň hasabyna goşmaça maliýe serişdelerini çekmäge hukugy bardyr.

Şol bir wagtyň özünde bilim edarasynyň goşmaça serişdeleri çekmegi esaslandyryjynyň hasabyna maliýeleşdirmegiň kadalyk ölçegleriniň we (ýa-da) üýtgewsiz möçberiniň peseldilmegini aňlatmaýar.

7. Bilim edaralary býujetden daşary serişdeleriň çäklerinde mätäçlik çekýän okaýanlara özbaşdak maddy kömek berip biler.

8. Bilim edarasy özüniň maliýe-hojalyk işini özbaşdak amala aşyrýar, onuň özbaşdak balansy we aýratyn hasaby bar.

 

37-nji madda. Tölegli bilim işi

 

1. Döwlet hünär bilimi edaralarynyň ýuridik we (ýa-da) fiziki şahslar bilen şertnamalar baglaşmak arkaly olara okuwyň bahasyny töletmek şerti bilen şu aşakdaky ýagdaýlarda okatmagy amala aşyrmaga hukugy bardyr:

1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän degişli hünär biliminiň maksatnamalary boýunça talyplary kabul etmegiň meýilnama görkezijilerinden daşary;

2) okatmagyň gündizki-gaýybana ýa-da gaýybana görnüşine okuwa girilende;

3) hünär biliminiň degişli basgançagy boýunça ikinji bilimi almak üçin okuwa girilende.

2. Döwlet bilim edarasynyň degişli ygtyýarnamasy bolan ýagdaýynda ilata, kärhanalara, edaralara we guramalara gaýry tölegli bilim hyzmatlaryny etmäge hukugy bardyr.

3. Şu maddanyň 1-nji we 2-nji böleklerinde görkezilen, döwlet bilim edarasynyň tölegli işinden gelýän girdeji olar tarapyndan tertipnamada görkezilen maksatlara laýyklykda peýdalanylýar.

Tölegli bilim hyzmatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän bilim işiniň deregine ýerine ýetirilmeýär. Garşylyklaýyn ýagdaýda şeýle iş arkaly gazanylan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna geçirilýär.

4. Döwlete degişli däl bilim edarasy okaýanlardan bilim hyzmatlary üçin töleg alýar.

Alynýan girdeji bilim işiniň çykdajylarynyň öwezini dolmak (şol sanda zähmet haklary üçin), bilim işini ösdürmek we kämilleşdirmek üçin harç edilýän bolsa, şeýle bilim edarasynyň tölegli bilim işi telekeçilik diýlip hasap edilmeýär.

Döwlete degişli däl bilim edarasynyň we okaýanyň, onuň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar bilimiň basgançagyny, okuwyň möhletini, okuw üçin tölegiň möçberini, ygtyýarnamanyň güýjüniň togtadylan ýa-da ýatyrylan, bilim edarasynyň döwlet akkreditasiýasyndan mahrum edilen, bilim edarasynyň ýapylan ýagdaýlarynda bilim edarasynyň kepilliklerini we jogapkärçiligini kesgitleýän şertnama bilen kadalaşdyrylýar.

5. Bilim edarasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda telekeçilik ýa-da başga görnüşli girdeji getirýän iş bilen meşgullanmaga hukugy bardyr.

6. Girdeji getirýän şahsy mugalymçylyk işine telekeçiligiň görnüşi hökmünde seredilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hasaba alynmaga degişlidir.

 

38-nji madda. Bilim üçin karzlar

 

1. Türkmenistanyň, şonuň ýaly hem daşary ýurt döwletleriniň degişli bilim edaralarynda hünär biliminiň maksatnamalary boýunça okaýan raýatlara, Türkmenistanda bilim üçin karzlar arkaly döwlet goldawy berilýär.

2. Bilim üçin karzlar maksatlaýyn bolup durýarlar hem-de Türkmenistanyň banklary we beýleki karz berýän guramalary tarapyndan eýeçiliginiň görnüşine we okatmagyň görnüşine garamazdan hünär bilimi edaralaryna okuwa giren raýatlara berilýär.

3. Bilim üçin karzlar okuwyň ýa-da okuwyň bahasynyň bir böleginiň möçberine (esasy bilim karzy) we (ýa-da) okuw döwründe ýaşamagy, iýmiti, okuwy we ylmy edebiýatlary satyn almagy, beýleki durmuş hajatlary üçin töleglere (ugurdaş bilim karzy) gönükdirilip bilner.

4. Bilim üçin karzlar arkaly döwlet goldawynyň berilmeginiň möçberleri we tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenilýär.

 

39-njy madda. Bilim edaralarynyň maddy binýady

 

1. Bilim edarasynyň maddy binýady ýerden, binalardan, desgalardan, enjamlardan, ulag serişdelerinden, okatmak, terbiýelemek we bilim ulgamynyň beýleki meselelerini çözmek üçin ulanylýan sarp ediş, ýaşaýyş-durmuş, medeni we beýleki maksatly emläklerden ybarat.

Bilim edarasynyň maddy binýady eýeçilik görnüşine baglylykda onuň eýeçiligine degişli, ýa-da oňa hojalygy doly ýörediş ýa-da derhal dolandyryş hukugy esasynda berkidilen, kärende ýa-da beýleki şertlerde ulanylýan hökmünde bolup biler.

2. Bilim edarasy emläk eýesiniň öňünde emlägiň abatlygy we netijeli peýdalanylyşy üçin jogapkärçilik çekýär.

3. Bilim edarasynyň eýeçiligine berlen emlägiň alynmagy we (ýa-da) aýrylmagy diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Bilim edarasyna berkidilen döwlet emlägi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde emlägiň eýesi tarapyndan kärendä berlip bilner.

5. Eýeçiliginde emlägi bar bolan bilim edarasynyň onuň kärendä berijisi hökmünde hereket etmäge hukugy bar.

6. Döwlet bilim edaralarynyň derhal dolandyryşyndaky ýa-da garamagyndaky beýleki okuw, önümçilik, ýaşaýyş-durmuş, medeni maksatly binalary önümçilik we ýaşaýyş-durmuş infrastrukturalarynyň desgalary, şol sanda ýaşaýyş jaýlary we umumy ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem lukmançylyk bilim edaralarynyň kliniki binýatlary hususylaşdyrylmaga (döwlet eýeçiliginden aýrylmaga) degişli däldir.

7. Bilim edaralaryny esaslandyryjylar öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda bilimiň derejesine we hiline bildirilýän talaplaryň artmagyny göz öňünde tutup, olaryň maddy binýadynyň täzelenmegini we ösüşini, okatmagyň we terbiýelemegiň ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýärler. Bu maksatlar üçin bilim edaralaryna zerur bolan maddy serişdeler we maýa goýumlary bölünip berilýär.

8. Bilim edarasynyň maddy binýadynyň kemelmegine ýa-da onuň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirýän bilkastlaýyn hereketler Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

VIII BAP. RAÝATLARYŇ BILIM ALMAGA BOLAN HUKUKLARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILIŞINIŇ DURMUŞ TAÝDAN KEPILLENDIRMELERI

 

40-njy madda. Okaýanlaryň hukuklary we olaryň durmuş taýdan goldanylmagy

 

1. Bilim edaralarynda okaýanlaryň hukuklary we borçlary şu Kanun, bilim edarasynyň birkysmy düzgünnamasy we tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýän tertipde bilim edaralaryny we bilim almagyň görnüşlerini saýlamaga hukugy bardyr.

3. Ähli bilim edaralarynda okaýanlaryň döwlet bilim standartlaryna laýyklykda bilim almaga, goşmaça (şol sanda tölegli) bilim hyzmatlaryndan peýdalanmaga, şeýle hem döwlet bilim edaralarynda okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny mugt ulanmaga hukuklary bardyr.

4. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, döwlet akkreditasiýasyny geçen bilim edaralarynyň uçurymlary indiki basgançaga degişli bilim edarasyna okuwa girenlerinde deň hukuklardan peýdalanýarlar.

5. Döwlet bilim edaralarynda okaýanlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde talyp haklary bilen, umumy ýaşaýyş jaýlarynda we internatlarda ýaşaýyş ýeri bilen üpjün edilýärler, şeýle-de olara durmuş taýdan goldawyň gaýry çäreleri hem ulanylýar.

6. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet bilim edaralarynda umumybilim maksatnamalaryny hem-de ilkinji gezek bäsleşik esasynda degişli basgançagyň hünär bilimi maksatnamalaryny özleşdirmekde tölegsiz bilim almaga hukuklary bardyr.

7. Hünär bilimi edaralarynda okatmagyň gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşlerinde okaýanlaryň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde ýeňilliklerden peýdalanmaga hukuklary bardyr.

8. Bilim edaralarynda ýetim çagalaryň we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň eklenji we okuwy doly döwlet üpjünçiligi esasynda amala aşyrylýar, şol sanda hünär bilimi edaralarynda olaryň ýaşy 24-e ýetýänçä şeýle edilýär.

9. Umumy kysymly bilim edaralaryna gatnap bilmeýän, saglyk ýagdaýlary sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary olaryň bejerilmegini, terbiýelenmegini we okadylmagyny, jemgyýete durmuş taýdan uýgunlaşdyrylmagyny we goşulmagyny üpjün edýän ýörite (düzediş) bilim edaralaryny (synplary, toparlary) döredýärler.

Görkezilen bilim edaralaryna okamaga ýollanýan, şeýle hem doly döwlet üpjünçiliginde eklenilýän okaýanlaryň topary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

10. Bilim edaralarynda okaýanlary özleriniň we olaryň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň razyçylygy bolmadyk ýagdaýynda bilim maksatnamasynda göz öňünde tutulmadyk zähmete çekmek gadagan edilýär.

11. Okaýanlary jemgyýetçilik, jemgyýetçilik-syýasy birleşmelere, hereketlere we partiýalara girmäge mejbur etmäge, şeýle hem olary bu guramalaryň işine we wagyz etmek çärelerine hem-de syýasy hereketlere gatnaşmaga mejbur etmäge ýol berilmeýär.

12. Okuwçynyň umumybilim edarasyndan çykarylmagy onuň on alty ýaşy dolandan soň, terbiýeçilik häsiýetli çäreler netije bermedik we onuň bu edarada mundan buýana bolmagy beýleki okuwçylara ýaramaz täsir edýän, olaryň hukuklaryny we işgärleriň hukuklaryny bozýan, şeýle hem umumybilim edarasynyň kadaly işlemegine päsgel berýän ýagdaýlarda amala aşyrylyp bilner. Okuwçynyň okuwdan çykarylmagy baradaky çözgüt bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan onuň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň pikirini göz öňünde tutup, onuň işe ýerleşdirilmegi we umumy orta bilim almagynyň başga görnüşde dowam etdirilmegi boýunça çäreleri kesgitleýän kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça toparyň razylygy bilen kabul edilýär.

Ýetim çagalary we ata-enesiniň (olaryň ornuny tutýan adamlaryň) howandarlygyndan galan çagalary okuwdan çykarmak baradaky çözgüt, mundan başga-da, olaryň umumy orta bilim almagynyň başga görnüşde dowam etdirilmegi, geljekde hünär bilimini almagy we işe ýerleşdirilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýan, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen kabul edilýär.

 

41-nji madda. Okaýanlaryň durmuşyny we saglygyny goramak

 

1. Bilim edarasy okaýanlaryň durmuşynyň goralmagyny we saglygynyň berkidilmegini kepillendirýän şertleri döredýär.

Okaýanlaryň okuw we okuwdan daşary işleriniň möçberi, sapaklarynyň tertibi saglygy goraýyş edaralarynyň tekliplerini nazara almak bilen, bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan we bilim edarasynyň tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

2. Saglyklaryny uzak möhletli bejertmäge mätäç çagalar üçin sagaldyş bilim edaralary, şol sanda şypahana görnüşli edaralar döredilýär. Şeýle çagalar üçin okuw sapaklary bilim edaralary tarapyndan öýlerinde ýa-da saglygy goraýyş edaralarynda geçirilip bilner.

3. Bilim edaralarynyň mugallymçylyk işgärleri iş berijiniň serişdeleriniň hasabyna geçirilýän döwürleýin tölegsiz lukmançylyk barlaglaryndan geçmäge borçludyrlar.

4. Bilim edarasynda okaýanlaryň lukmançylyk hyzmatyny saglygy goraýyş edaralary üpjün edýärler. Bilim edarasy saglygy goraýyş işgärlerine olaryň işlemegi üçin degişli şertleri bolan jaýy bermäge borçludyr.

5. Bilim edarasynyň sapaklarynyň tertibi okaýanlaryň iýmitlenmegi üçin ýeterlik dowamlylykda arakesme wagtyny göz öňünde tutmalydyr.

Bilim edarasynda iýmitlenmegi guramak üçin şertleri döretmek bilim edarasynyň özüniň üstüne ýüklenýär. Bilim edarasynda okaýanlaryň iýmitlenmegi üçin jaý göz öňünde tutulmalydyr.

6. Bilim edaralarynda okaýanlara zerur bolan okuw, zähmet we dynç alyş şertleriniň döredilmegi üçin degişli bilim edaralarynyň wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna we bilim edarasynyň tertipnamasyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

42-nji madda. Ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň hukuklary we borçlary

 

1. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, olarda kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara, şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmak medeniýetini kemala getirmäge hukuklydyrlar we borçludyrlar.

2. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalary hökmany umumy orta bilimi alýançalar bilim almagyň görnüşlerini, bilim edaralaryny saýlamaga, çaganyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, bilim edarasynyň işine gatnaşmaga hukuklydyrlar.

3. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalarynyň hökmany umumy orta bilim almagyny üpjün etmäge borçludyrlar.

4. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar bilim edarasynyň Tertipnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

5. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalarynyň terbiýesi, olaryň bilim almagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

IX BAP. MUGALLYMÇYLYK IŞGÄRLERINIŇ HUKUK ÝAGDAÝY

 

43-nji madda. Mugallymçylyk işgärleri düşünjesi we onuň hukuk ýagdaýy

 

1. Okaýanlary bilim edaralarynda, şeýle hem bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän beýleki edaralarda okatmak we (ýa-da) terbiýelemek bilen bagly bilim (mugallymçylyk) işi bilen meşgul bolýanlar mugallymçylyk işgärlerine degişlidirler.

Ýokary okuw mekdepleriniň alymlyk derejeleri we (ýa-da) alymlyk atlary bolan mugallymlary ylmy-mugallymçylyk işgärler hökmünde hem kesgitlenýärler.

2. Döwlet mugallymçylyk işgärleriniň jemgyýetdäki aýratyn hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we olaryň hünär işini amala aşyrmagy üçin şertleri döredýär.

 

44-nji madda. Mugallymçylyk işi bilen meşgullanmak

 

1. Bilim edaralarynda mugallymçylyk işi bilen meşgullanmaga degişli mugallymçylyk ýa-da hünär bilimi bolanlaryň hukugy bardyr.

2. Şu Kanunyň 8-nji maddasynyň 3-nji böleginde görkezilen, umumybilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin, mugallymçylyk işgärleriniň hünäriniň aşakdaky iň pes derejeleri bellenilýär:

1) mekdebe çenli bilim:

mekdebe çenli çagalar edarasynyň terbiýeçisi - mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdebi tarapyndan berlen hünärmeniň diplomy (bakalawryň diplomy);

2) başlangyç bilim:

başlangyç synplaryň mugallymy - mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdebi tarapyndan berlen hünärmeniň diplomy (bakalawryň diplomy);

3) esasy orta we umumy orta bilim:

ders mugallymy - ýokary okuw mekdebiniň mugallymçylyk ugurly fakulteti ýa-da mugallymçylyk ýokary okuw mekdebi tarapyndan berlen bakalawryň diplomy (hünärmeniň diplomy), şeýle hem mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdebinde (fakultetinde) goşmaça mugallymçylyk taýýarlygy okuwyny geçmek şerti bilen degişli ynsanperwerlik, matematiki, tebigy ylymlar boýunça bakalawryň diplomy (hünärmeniň diplomy).

3. Şu Kanunyň 8-nji maddasynyň 4-nji böleginde görkezilen, hünär biliminiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin, mugallymçylyk işgärleriniň hünäriniň aşakdaky iň pes derejeleri bellenilýär:

1) başlangyç hünär bilimi:

hünärler boýunça ders mugallymy - mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdebinde (fakultetinde) goşmaça mugallymçylyk taýýarlygy okuwyny geçmek we diplomynda görkezilen hünäri boýunça azyndan üç ýyl iş tejribesiniň bolmak şerti bilen, orta hünär okuw mekdebiniň degişli hünäri boýunça orta hünär bilimi hakynda diplom;

2) orta hünär bilimi:

hünärler boýunça ders mugallymy - mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdebinde (fakultetinde) goşmaça mugallymçylyk taýýarlygy okuwyny geçmek we diplomynda görkezilen hünäri (taýýarlygyň ugry) boýunça azyndan üç ýyl iş tejribesiniň bolmak şerti bilen, degişli hünär boýunça hünärmeniň diplomy ýa-da taýýarlygyň degişli ugry boýunça bakalawryň diplomy;

3) ýokary hünär bilimi:

mugallym - ýokary okuw mekdebiniň mugallymçylyk ugurly fakulteti ýa-da mugallymçylyk ýokary okuw mekdebi tarapyndan berlen taýýarlygyň degişli ugry (hünäri) boýunça magistriň diplomy (hünärmeniň diplomy), ýa-da mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdebinde (fakultetinde) goşmaça mugallymçylyk taýýarlygy okuwyny geçmek şerti bilen taýýarlygyň mugallymçylyk ugry däl magistriň diplomy (hünärmeniň diplomy); hünärmeniň diplomy bar bolan adama onuň saýlap alnan mugallymçylyk işi babatda azyndan üç ýyldan az bolmadyk iş tejribesi zerurdyr.

4. Degişli kysymdaky bilim edaralarynyň mugallymçylyk işgärleriniň wezipe birlikleriniň birkysmy sanawy we olaryň orunlaryny çalyşmagyň şertleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kesgitlenilýär.

5. Lukmançylyk görkezmeleri esasynda lukmanlaryň maslahat beriş toparynyň netijenamasy ýa-da eden jenaýaty üçin kazyýetiň hökümi boýunça mugallymçylyk işi bilen meşgullanmak gadagan edilen‚ şeýle-de bilkastlaýyn ortaça agyr, agyr we aýratyn agyr jenaýatlary üçin iş kesilenlik aýby bolan adamlara bilim edaralarynda mugallymçylyk işi bilen meşgullanmaga rugsat berilmeýär.

Mugallymçylyk işi bilen meşgullanmaga rugsat berilmeýän keselleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, saglygy goraýyş babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

6. Döwletiň wezipeli adamynyň ýa-da döwlet gullukçysynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda utgaşdyrma esasynda mugallymçylyk işi bilen meşgullanmaga hukugy bardyr.

7. Mugallymçylyk işi bilen meşgullanýanlar Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda kesgitlenen tertipde aşakdaky ýagdaýlarda mugallymçylyk işinden boşadylyp bilner:

- mugallymçylyk işini ýerine ýetirmäge päsgel berýän hünär derejesi ýa-da saglyk ýagdaýy sebäpli eýeleýän wezipesine laýyk gelmedik ýagdaýynda;

- wezipä saýlanylmadyk ýagdaýynda;

- mugallymçylyk işini dowam etmek bilen bir ýere sygyşmaýan ahlaksyzlyk hereketleri eden ýagdaýynda;

- Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň we bilim edarasynyň tertipnamasynyň beýleki talaplaryny berjaý etmedik ýagdaýynda.

 

45-nji madda. Mugallymçylyk işgärleriniň hukuklary we borçlary

 

1. Mugallymçylyk işgärleriniň şulara hukugy bardyr:

- öz hünär işi üçin şertleriň döredilmegine;

- özbaşdak mugallymçylyk işini alyp barmaga;

- hünär mertebesini we abraýyny goramaga;

- hünär derejesini ýokarlandyrmaga;

- okuw-usuly we ylmy edebiýatlar bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilmäge;

- mugallymçylyk işi we ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde gazanan üstünlikleri üçin maddy we ruhy taýdan höweslendirilmäge.

2. Ýokary mugallymçylyk bilimi bolup, döwlet edarasynyň ýollamasy esasynda oba ýerinde ýerleşýän umumybilim edaralarynda mugallymçylyk wezipesinde işleýän mugallymçylyk işgärleriniň işleýän döwründe "Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harby gulluga çagyrylyşynyň möhletiniň gaýra goýulmagyna hukugy bardyr.

3. Şäherçelerde we obalarda ýerleşýän bilim edaralaryna iberilýän mugallymçylyk işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli durmuş şertleri bilen üpjün edilýär.

Şeýle mugallymçylyk işgärleriniň wezipe zähmet haklaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde goşmaçalar bellenilýär.

4. Mugallymçylyk işgärleri şulara borçludyrlar:

- özüniň hünär bilimlerini we mugallymçylyk ussatlygyny hemişe kämilleşdirmäge;

- okaýanlaryň, olaryň ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýanlaryň, şeýle hem bile işleýän kärdeşleriniň abraýyna we mertebesine sarpa goýmaga;

- okuwy ýokary hünär derejesinde alyp barmaga, okaýanlaryň okuw maksatnamasyny hökmany döwlet talaplarynyň derejesinde özleşdirmeklerini üpjün etmäge;

- okaýanlaryň şahsy we döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin şertleri döretmäge;

- mugallymçylyk etikasynyň talaplaryny berjaý etmäge.

Mugallymçylyk işgärlerine okuw işlerinde öz gulluk ýagdaýyny okaýanlary syýasy maksatlara ýa-da Türkmenistanyň Konstitusiýasyna ters gelýän hereketlere çekmek üçin peýdalanmak gadagan edilýär.

 

46-njy madda. Bilim ulgamynda zähmet gatnaşyklary

 

1. Işgär bilen bilim edarasynyň arasyndaky zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Hünär bilimi edaralarynyň mugallymçylyk işgärleri bilen zähmet şertnamalary bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň kesgitlän tertibi boýunça geçirilýän bäsleşigiň netijeleri esasynda belli bir möhlete baglaşylýar.

3. Bilim edaralarynyň mugallymçylyk işgärleri üçin hepdede 36 sagatdan artyk bolmadyk gysgaldylan dowamlylykdaky iş wagty bellenilýär.

Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda mugallymçylyk işgärleriniň esasy işleri bilen utgaşdyryp işlemekleriniň aýratynlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan esasy iş bilen utgaşdyryp işlemegiň şertleri hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

4. Bilim edaralarynyň mugallymçylyk işgärleri we ýolbaşçylary üçin Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda her ýyl dowamlylygy kyrk bäş senenama güni bolan esasy tölegli rugsat bellenilýär.

Her ýyl berilýän esasy rugsat, kada görä, şol bilim edarasyna işe giren wagtyna garamazdan tomusky dynç alyş döwründe berilýär.

5. Bilim edarasynyň mugallymçylyk ýa-da önümçilik işini ylmy iş bilen üstünlikli utgaşdyrýan işgärine degişli alymlar geňeşiniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda ortaça zähmet hakyny we esasy iş ýerindäki wezipesini saklamak şerti bilen kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalary ýazmak, ylmy derejeleri almak üçin dissertasiýalary tamamlamaklyga döredijilik rugsady berilýär.

6. Bilim edarasynyň işgärine zähmet haky zähmet şertnamasynda göz öňünde tutulan wezipe borçlarynyň we işiň ýerine ýetirilendigi üçin tölenýär.

Mugallymçylyk işgärleriniň zähmet haky hünär derejesi hasaba alnyp, tarif stawkasy we wezipe aýlyk haklary esasynda kesgitlenýär. Hünär derejesi mugallymçylyk işgärleriniň hünärine, işiniň çylşyrymlylygyna we dartgynlylygyna, onuň şertlerine, sarp edilen zähmetiň mukdaryna hem hiline baglylykda bellenilýär.

Mugallymçylyk işgärleriniň hünär derejesi we onuň hereket edýän möhletleri bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenýän tertipde bellenilýär.

7. Ähli kysymdaky bilim edaralarynyň hem-de beýleki kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärleriniň mugallymçylyk işini amala aşyrýan döwründe ylmy derejeler we alymlyk atlary üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde we möçberde zähmet hakyna goşmaçalar bellenilýär.

 

X BAP. BILIM BABATDA HALKARA IŞI

 

47-nji madda. Halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Türkmenistanyň bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Bilimi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy ýaşlary okatmagyň we terbiýelemegiň döwrebap dünýä tejribelerini seljeriş we çaklama ulgamy, şeýle hem öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga hem-de hünärmenleri taýýarlamak üçin netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen döwletara gatnaşyklar arkaly amala aşyrýar.

Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary, bilim edaralary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde dürli bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän daşary ýurt kärhanalary, edaralary we guramalary bilen göni aragatnaşyklary ýola goýup bilerler.

3. Türkmenistanyň raýatlary bolmadyk türkmen milletiniň wekilleriniň Türkmenistanyň bilim edaralarynda Türkmenistanyň raýatlary üçin bellenilen şertlerde bilim almaga hukuklary bardyr.

4. Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen milletiniň wekilleriniň bilime bolan isleglerini kanagatlandyrmaga Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen bellenilen tertipde mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamak üçin kömek bermek we türkmen dilindäki okuw-usulyýet edebiýatlary bilen üpjün etmek arkaly ýardam berýär.

5. Daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň bilim edaralarynda, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt bilim edaralarynda bilim almagy şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda ýuridik şahslar, şeýle hem fiziki şahslar tarapyndan bilim edaralary, bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary bilen göni baglaşylan şertnamalar boýunça amala aşyrylýar.

6. Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň bilim edaralarynda bilim almagy şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

7. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň ýa-da olar bilen bilelikdäki bilim edaralarynyň (ýa-da olaryň şahamçalarynyň) guralyşy we hereket edişi şu Kanuna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

8. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň bilim hakynda resminamalaryny ykrar etmek, alymlyk derejelerini bermek we alymlyk atlaryny dakmak Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

48-nji madda. Daşary ykdysady iş

 

Bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň, bilim edaralarynyň daşary ykdysady işi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde özbaşdak amala aşyrmaga hukuklary bardyr.

 

XI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

49-njy madda. Türkmenistanyň bilim hakynda kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Türkmenistanyň bilim hakynda kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

50-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje girýär, şu maddada olaryň başga möhletlerde güýje girýänligi bellenilen düzgünler muňa degişli däldir.

2. Şu Kanunyň umumy orta bilim basgançagynyň bilim maksatnamalaryna degişli maddalaryndaky düzgünler 2014-2015-nji okuw ýylyndan güýje girýär.

3. Şu Kanunyň maddalaryndaky ýokary hünär biliminiň bilim maksatnamalaryna (bakalawr derejesine, magistr derejesine) degişli düzgünler olar üçin talaplaryň bellenilmegine görä görkezilen bilim basgançaklarynyň girizilýän ýylyndan güýje girýär.

4. Şu Kanunyň 44-nji maddasynyň 2-nji böleginiň 1-nji we 2-nji bentleri mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we başlangyç synplaryň mugallymlarynyň ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça taýýarlanylan ýylyndan güýje girýär.

5. Şu Kanunyň güýje giren gününden bilim babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanuna ýa-da Türkmenistanyň olara laýyklykda çykarylýan beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna çapraz gelmeýänligi bilen peýdalanylýar.

6. Bilim işini şu Kanuna laýyk getirmek maksady bilen bilim işini amala aşyrmaga öň berlen ygtyýarnamalar 2016-njy ýylyň 1-nji ýanrwaryna çenli gaýtadan resmileşdirilýär.

7. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen "Bilim hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 52-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

      Türkmenistanyň                                                     Gurbanguly

          Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 4-nji maýy.

391-IV.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 04.05.2013
Resminamanyň belgisi № 391-IV