Elektron resminama hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Elektron resminama hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2000 ý.¸ № 3-4¸ 40- madda )

 

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we

goşmaçalar bilen)

 

Şu kanun elektron resminamalara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär, elektron resminamalary peýdalanmagyň hukuk esaslaryny belleýär, şeýle hem olaryň ulanylýan çygrynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1 madda. Elektron resminama diýen düşünje

 

Şu kanunyň maksatlarynda elektron resminama diýlip, maşyn göterijide ýazyp bellenilen, gol çekmegi döretmegiň düzgünine laýyklykda elektron san ýazgyly çekilen gol arkaly tassyklanylan maglumata düşünilýär.

 

2 madda. Elektron resminama hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Elektron resminama hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu kanundan we Türkmenistanyň şoňa laýyklykda çykarylan beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3 madda. Şu kanunyň hereket çygry

 

Şu kanun Türkmenistanyň çäginde elektron resminamalaryny döretmek, işläp taýýarlamak, saklamak, bermek we kabul etmek bilen meşgullanan jismi we düzgünnamaly şahslara degişlidir.

 

4 madda. Elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdirişi

 

Elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdiriş işi Türkmenistanyň Ministrler kabineti we öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdiriş işi şulara gönükdirilendir:

elektron resminamalar ulanylýan çygyrda bitewi döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge;

elektron resminamalary peýdalanyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmäge;

elektron resminamalary döretmegiň, işläp taýýarlamagyň, saklamagyň, bermegiň we kabul etmegiň tehnologiýasyny hukuk taýdan üpjün etmäge;

elektron resminamalary peýdalanmak bilen ygtybarly we howpsuz töleg ulgamyny döretmäge we ösdürmäge;

maglumatlar döredilende, işlenilip taýýarlanylanda, saklanylanda, berlende we kabul edilende olaryň howpsuzlygyny we goralyşyny üpjün etmäge.

4-nji maddanyň üçünji bölegi Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV Kanuny esasynda  güýjüni ýitiren.

 

II BAP. ELEKTRON RESMINAMA

 

5 madda. Elektron resminama bildirilýän esasy talaplar

 

Elektron resminama şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

maksatnamalaýyn we tehniki serişdeleriň kömegi bilen döredilmäge, işlenilip taýýarlanylmaga, saklanylmaga, berilmäge we kabul edilmäge;

onuň hakykydygyny we bütewidigini tassyklamaga mümkinçilik berýän hökmany maglumatlaryň bolmagyna;

adamyň akyl ýetirmegi üçin düşnükli görnüşde görkezilen (şekillendirilen) bolmagy.

Elektron resminamanyň bellenilen ölçege laýyk bolmalydygy hakyndaky talaplar Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenilip bilner.

 

6 madda. Elektron resminamanyň peýdalanylyşy

 

Elektron resminama maglumatlary döretmek, işläp taýýarlamak, saklamak, bermek we kabul etmek üçin elektron enjamlar, maksatnamalaýyn we tehniki serişdeler ulanylýan işleriň  ähli çygyrlarynda peýdalanylyp bilner.

Elektron resminama habarlary we beýleki maglumatlary bermek, hat aragatnyşygyny amala aşyrmak üçin, geleşikler amala aşyrylanda peýdalanmakda, şeýle hem töleg resminamasy hökmünde hyzmat edip biler. Elektron resminamalaryň ulanylyşyna Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan çäklendiriş halatlary bellenilip bilner.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna garşy gelmeýän bolsa, onda elektron resminama islendik aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen iberilip bilner.

 

7 madda. Elektron resminamanyň asyl nusgasy

 

Elektron resminamanyň asyl nusgasy diňe maşyn göterijide bolýar. Maşyn göterijide ýazylyp bellenilen we biri beýlekisine  meňzeş bolan elektron resminamanyň ähli nusgalyklary asyl  nusga hasaplanylýar we birmeňzeş hukuk güýjüne eýedir.

Elektron resminamanyň asyl nusgasy maşyn göterijiden bölünen magnit göterijä elektron görnüşde ýazylyp bilner. Elektron resminamanyň asyl nusgasy hökmünde maşyn göterijiden bölünen magnit göterijini ulanmak mümkinçiligine elektron san ýazgysynyň şol asyl nusganyň eýesine degişlidigine subutnamalar bar bolan halatynda seredilip bilner.

 

8 madda. Elektron resminamanyň nusgasy

 

Maşyn göterijiden bölünen magnit göterijä  elektron görnüşde ýazylan elektron resminamanyň asyl nusgasyndan alnan maglumat resminamanyň nusgasy hasaplanylýar. Elektron resminamanyň nusgasy Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanylmalydyr we onuň degişli elektron resminamanyň nusgasy bolup durýandygy görkezilmelidir.

 

9 madda. Elektron resminamanyň hukuk güýji

 

Şu kanunyň talaplaryna laýyk gelýän elektron resminama hut öz goly çekilip berkidilen elektron san ýazgysynyň hakykylygyny barlamagyň netijesi diňe oňyn bolanda kagyz göterijidäki resminamalar bilen deň hukuk güýje eýedir diýlip ykrar edilýär.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda resminamanyň döwlet belligine alynmagy talap edilýän halatlar bar bolsa, onda elektron resminamanyň asyl nusgasy döwlet belligine alynmaga degişlidir.

 

10 madda. Elektron resminamanyň şekillendirilmegi (gaýtadan beýan edilmegi)

 

Elektron resminama displeýiň ekranynda şekillendirilip bilner ýa-da kagyz, ýa maşyn göterijiden aýrylan başga material zatda (goşmaça tehniki senetleri ulanmazdan) daşyndan syn edip bolýan görnüşde we adam akyl ýetirip biler ýaly şekilde gaýtadan şekillendirilip bilner.

Döredilen elektron resminama kagyz göterijide mazmuny boýunça birmeňzeş gaýtadan şekillendirilen halatynda, resminamanyň ikisi-de özbaşdak resminama hökmünde ykrar edilýär. Şunda kagyz göterijidäki resminama elektron san ýazgynyň şahsy açarynyň eýesi öz eli bilen gol çekenden soň hukuk güýjüne eýe bolýar.

 

11 madda. Elektron resminamanyň saklanylyşy

 

Elektron resminamalaryny saklamak işi elektron resminamalary iberijiler we kabul edijiler, şeýle hem arhiw işlerini amala aşyrýan guramalar tarapyndan geçirilýär. Şu kanunyň 7 maddasynyň 2 böleginde görkezilen elektron resminamalarynyň asyl nusgalary saklanylmaga degişlidir.

Elektron resminamalaryny saklamagyň şertleri we aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

12 madda. Elektron resminamany goramak

 

Elektron resminamanyň döredilişi, işlenip taýýarlanylyşy, saklanylyşy, berlişi we kabul edilişi anyk maglumatlar ulgamyna bildirilýän howpsuzlyk talaplaryny ödemelidir. Maglumatlar ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda esasy şertler Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Elektron resminamalary döretmek, işläp taýýarlamak, saklamak, bermek we kabul etmek bilen meşgullanýan şahslar şeýle resminamalaryň goralyşynyň zerur derejesini üpjün edýän maksatnamalaýyn we tehniki serişdeleri peýdalanmalydyrlar.

Elektron resminamalary düzmek, işläp taýýarlamak, kabul etmek, bermek we (ýa-da) saklamak üçin ulanylýan maksatnamalaýyn-tehniki serişdeleriň hemmesine ýa-da bir bölegine idinsiz aralaşmakdan goramagyň tehniki serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda bellenilýär.

 

13 madda. Ýaýradylmagy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen maglumatly elektron resminamalar

 

Döwlet syry, täjirçilik ýaşyrynlygy ýa-da kanun tarapyndan goralýan başga gizlin häsiýetli maglumatlar, şeýle hem ýaýradylmagy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen maglumatly elektron resminamalar bolup biler.

Döwlet edaralary, kärhanalar, guramalar, edaralar, olaryň wezipeli adamlary, şeýle hem şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumaty özünde saklaýan elektron resminamalar bilen işlemek wezipesi özlerine ýüklenen raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şony goramagyň zerur çärelerini üpjün etmäge borçludyrlar.

 

III BAP. ELEKTRON SAN ÝAZGYSY

 

14 madda. Elektron san ýazgysy we onuň maksady

 

Elektron san ýazgysy şekiller (san yzygiderliligi) toplumy görnüşinde elektron resminamany iberijiniň resmi goly hökmünde ykrar edilýän öz eli bilen eden goluna kybapdaşdyr. Elektron san ýazgysy onuň anyk eýä  degişlidigini tassyklamaga mümkinçilik berýär we gol çekilen pursatyna güýje eýedir.

Elektron san ýazgysy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenilen tertipde bellige alynýar.

Elektrik san ýazgysyny peýdalanmagyň tertibi elektron resminamany iberijiniň we alyjynyň arasynda aýratyn şertnama arkaly düzgünleşdirilip bilner.

Elektron san ýazgysy:

elektron resminamanyň onuň eýesi tarapyndan düzülendigine şaýatlyk edýär;

elektron resminamanyň hakykydygyny, bütewidigini we üýtgewsizdigini tassyklaýar;

elektron resminamanyň mazmuny bilen onuň eýesiniň (eýeleriniň) ylalaşýandygyny tassyklaýar.

şol elektron resminama hakyky bolan şertinde onuň eýesiniň (eýeleriniň) elektron resminamada beýan edilen borçnamalary özüne alýandygyna şaýatlyk edýär.

elektron resminamanyň hakykydygyny we bitewidigini tassyklamak işi elektron serişdeleri arkaly elektron resminama gol çeken şahslaryň gollaryny barlamagyň açyk açarlaryny peýdalanmak bilen geçirilýär.

 

15 madda. Hakykylyk kody

 

Eger Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan başgaça göz öňüne tutulmadyk bolsa, onda elektron resminamanyň bütewidigine gözegçilik etmek, onuň hakykydygyny we anyk eýä  degişlidigini tassyklamak üçin elektron resminamalaryň ulanylyş ulgamlarynda elektron san ýazgysynyň ýerine hakykylyk kody peýdalanylyp bilner.

 

16 madda. Ýazgynyň şahsy açary

 

Ýazgynyň şahsy açary elektron san ýazgysy düzülende peýdalanylýar we ol anyk eýä degişlidir.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga tertip bellenilmedik bolsa, onda elektron san ýazgysynyň şahsy açaryny döretmek işini elektron san ýazgysynyň serişdeleriniň eýeleri amala aşyrýarlar.

Ýazgynyň şahsy açarynyň eýesi öz bähbitleri üçin şony gizlin saklamalydyr we tötänleýin ýok edilmeginden ýa-da onuň şekilini kybaplaşdyrmakdan gorap saklamagy üpjün etmelidir.

 

17 madda. Ýazgyny barlamagyň açyk açary

 

Ýazgyny barlamagyň açyk açary elektron san ýazgysy barlanylanda peýdalanylýar.

Ýazgyny barlamagyň açyk açarynyň şahsy açarynyň eýesine degişlidigi ýazgyny barlamagyň açyk açar kartoçkasyna şol adamyň gol goýmagy (goly we möhri) arkaly tassyklanylýar. Ýazgyny barlamagyň açyk açar kartoçkasy - barlamagyň açyk açaryny  ähmiýetini saklaýan we onuň anyk eýä degişlidigini tassyklaýan kagyz göterijidäki resminamadyr. Ýazgyny barlamagyň açyk açar kartoçkasynyň görnüşini maglumatlar setiniň hususy eýesi belleýär.

Ýazgyny barlamagyň açyk açar kartoçkasy ýazgynyň şahsy açarynyň eýesi ýa-da onuň ygtyýarly wekili tarapyndan gol çekilen elektron resminamalaryň hakykydygyny barlamaga gyzyklanýan taraplara ýaýradylýar.

Ýazgyny barlamagyň açyk açaryny peýdalanyjy ýazgyny barlamagyň özüniň peýdalanylýan açyk açaryny ýazgyny barlamagyň açyk açar kartoçkasynda ýýazylyp bellenilen açara meňzeş bolmagyny üpjün etmäge borçludyr.

 

18 madda. Elektron san ýazgysynyň meňzeşdigini tassyklamak

 

Elektron san ýazgysynyň meňzeşdigini şoňa ygtyýary bolan düzgünnamaly şahs tassyklaýar.

Elektron san ýazgysynyň meňzeşdigini tassyklamaga ygtyýarly tarap degişli maksatnamalaýyn, tehnika we kadrlar babatda üpjün bolmalydyr.

 

IV BAP. ELEKTRON TÖLEG RESMINAMASY

 

19 madda. Elektron töleg resminamasy diýen düşünje

 

Elektron töleg resminamasy şu kanunyň talaplaryny ödeýän, sçýot boýunça işleri amala aşyrmaga esas bolýan resminamadyr.

Elektron töleg resminamasy tölegleri geçirmek üçin zerur bolan  ähli hökmany maglumatlary özünde jemleýär we ygtyýarly şahslaryň hut öz çeken gollary hem basan möhri arkaly berkidilen kagyz göterijidäki töleg resminamasy bilen deň hukuk güýjüne eýedir.

 

20 madda. Elektron töleg resminamalarynyň ulanylýan çygrynda hukuk esaslary

 

Elektron töleg resminamalarynyň ulanylýan çygryndaky hukuk esasyny şu kanun, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan elektron tölegleri hakyndaky Düzgünnama, şeýle hem elektron tölegler ulgamyna gatnaşyjylaryň arasynda elektron töleglerini amala aşyrmak üçin baglaşylan şertnamalar düzýärler.

Halkara elektron töleglerini geçirmegiň we şeýle tölegleri geçirmek üçin peýdalanylýan elektron töleg resminamalaryna, olaryň ölçeglerine bildirilýän talaplaryň tertibi, elektron san ýazgylaryny döretmegiň, hakykydygyny kesgitlemegiň kadasy we howpsuzlygyny üpjün etmegiň tertibi degişli şertnamalar arkaly bellenilýär.

 

21 madda. Elektron töleg resminamalarynyň hasaby

 

Elektron töleg resminamalarynyň hasaby, şeýle hem elektron töleglerini geçirmek bilen bagly amallary ýa-da elektron resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça beýleki hereketler Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

22 madda. Maksatnamalaýyn we tehniki serişdeleriň sertifikasiýasy

 

Elektron resminamalary döretmek, işläp taýýarlamak, saklamak, bermek, kabul etmek we goramak üçin peýdalanylýan maksatnamalaýyn hem-de tehniki serişdeler Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde sertifikasiýa edilmäge degişlidir we Türkmenistanda bellenilen talaplara laýyk gelýän sertifikaty ýa-da sertifikatyň ykrar edilendigi hakynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy tarapyndan berilýän şahadatnamasy bolmalydyr.

 

23 madda. Elektron resminama hakyndaky kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Elektron resminama hakyndaky kanunçylygy bozan şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

24 madda. Halkara hyzmatdaşlygy

 

Elektron resminamalary peýdalanyjylar Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda elektron resminamalaryň ulanylýan çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşyp, halkara maglumatlar ulgamlaryndan we şertlerinden peýdalanyp bilerler.

 

25 madda.  Halkara şertnamalary

 

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary tarapyndan şu kanundakydan başga düzgünler bellenilen bolsa, şonda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

Türkmenistanyň  Saparmyrat

Prezidenti  Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

2000-nji ýylyň 19-njy dekabry

№ 54-II

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 19.12.2000
Resminamanyň belgisi № 54-II