Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 2, 33-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 10.01.2012 ý. № 264-IV, 03.05.2014 ý. № 85-V, 23.05.2015 ý. № 240-V, 20.03.2017 ý. № 535-V we 04.11.2017 ý. № 638-V Kanunlary esasynda girizilen

üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, onuň işiniň tertibini, beýleki döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, hojalygy dolandyrýan subýektler bilen özara gatnaşyklaryny kesgitleýär.

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary: welaýat, etrap, şäher häkimlikleridir. Häkimlik Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýär, häkimlik ýuridik şahsdyr, oňa häkim ýolbaşçylyk edýär.

 

2-nji madda. Ýerlerde ýerine ýetiriji häkimiýet

 

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda ýerlerde ýerine ýetiriji häkimiýeti: welaýatlarda – welaýat häkimleri, welaýat hukukly şäherlerde (mundan beýläk – welaýat) – şäher häkimleri, etraplarda – etrap häkimleri, etrap hukukly şäherlerde (mundan beýläk – şäher) şäher häkimleri amala aşyrýarlar.

2. Häkimler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler.

 

3-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işiniň hukuk esaslary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işiniň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

 

II bap. Häkimi, häkimiň orunbasarlaryny wezipä

bellemek we wezipesinden boşatmak, olaryň hasabatlylygy

 

4-nji madda. Häkimi, häkimiň orunbasarlaryny wezipä bellemek we wezipesinden boşatmak

 

Häkim, häkimiň orunbasarlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipesinden boşadylýar.

 

5-nji madda. Häkimleriň hasabatlylygy

 

1. Häkim Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berýär.

2. Etraplaryň we şäherleriň häkimleri degişli welaýatyň häkimine, şäherdäki etraplaryň häkimleri degişli şäheriň häkimine hem hasabat berýärler.

 

6-njy madda. Häkimi, häkimiň orunbasarlaryny wezipesinden  boşatmak üçin esaslar

 

Häkimi, häkimiň orunbasarlaryny wezipesinden boşatmak üçin şular esas bolup durýar:

1) öz wezipelerini talaba laýyk ýerine ýetirmezligi;

2) wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan işlere baş goşmagy;

3) ýarawsyzlygy zerarly özüniň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bolmazlygy;

4) şahsy haýyşy;

5) başga işe geçmegi;

6) Türkmenistanyň raýatlygynyň ýatyrylmagy;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki esaslar.

 

III bap. Häkimiň we häkimiň orunbasarlarynyň

ygtyýarlyklary

 

7-nji madda. Häkimleriň umumy ygtyýarlyklary

 

Welaýatyň, etrabyň, şäheriň häkimi:

1) degişli çäkde durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň milli maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;

2) eýeçiligiň görnüşine we haýsy pudaga degişlidigine garamazdan, hojalygy dolandyrýan subýektleriň ilatyň harytlara we hyzmatlara bolan islegini kanagatlandyrmak, degişli çägi ykdysady we durmuş taýdan toplumlaýyn ösdürmek, ýerli zähmet resurslaryny rejeli peýdalanmak we ilaty iş bilen üpjün etmek hem-de zähmeti goramak bilen baglanyşykly meseleler boýunça işini sazlaşdyrýar;

3) eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalar hem-de hojalygy dolandyrýan beýleki subýektler bilen olaryň harytlaryny (önümlerini) we hyzmatlaryny (işlerini) ýerli bazarlara çekmek üçin hojalyk şertnamalaryny baglaşmaga ýardam edýär, degişli çäkde öndürilýän harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň (işleriň) hiline gözegçiligi amala aşyrýar;

4) degişli çäkde senagat, oba hojalyk desgalaryny, önümçilik hem-de durmuş infrastrukturanyň beýleki desgalaryny ýerleşdirmek, gurmak, durkuny täzelemek we ýöriteleşdirmek baradaky meselelere seretmäge ministrlikler, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary bilen bilelikde gatnaşýar;

5) degişli çäkde ýerden, ýerasty baýlyklardan, suwdan, tokaýlardan, atmosfera howasyndan, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsinden, beýleki tebigy baýlyklardan oýlanyşykly peýdalanmak, olary goramak boýunça çäreler görýär we bu ugurda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gözegçiligi amala aşyrýar;

6) degişli çäkde ýerleşýän, welaýatyň, etrabyň, şäheriň garamagynda duran obýektleri dolandyrýar;

7) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde garamagyndaky döwlet eýeçiligindäki obýektleri hususylaşdyrmak, oba hojalyk kärhanalaryny üýtgedip guramak baradaky maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegini guraýar, orta we kiçi telekeçiligiň ösmegine ýardam edýär;

8) welaýatyň, etrabyň, şäheriň çägindäki döwlet eýeçiliginde bolan obýektleri başga eýeçilige bermegi, özgertmegi we aýrybaşgalamagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrýar;

9) degişli çäkde ilaty durmuş taýdan goramak, weteranlaryň, maýyplaryň, köp çagaly, pes üpjünçilikli maşgalalaryň ýaşaýyş we durmuş şertlerini, mekdebe çenli ýaşly çagalar we umumy bilim berýän edaralaryň, internatlaryň, garrylar öýleriniň, sagaldyş we şypahana-dynç alyş edaralarynyň maddy taýdan üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;

10) ministrlikler we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary bilen bilelikde bilim, saglygy goraýyş, medeni we sport, durmuş üpjünçilik edaralaryny dolandyrmagy amala aşyrýar we olaryň maddy-tehniki binýadyny gowulandyrmak boýunça çäreler görýär; saglygy berkitmek hem-de keselleriň öňüni almak, ýaşaýşyň şertlerini gowulandyrmak we daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, ilatyň dynç alşyny guramak we syýahatçylygy ösdürmek baradaky maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýolbaşçylyk edýär; taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri goramagy we olardan oýlanyşykly peýdalanmagy üpjün edýär;

11) degişli çäkde sanitariýa-epidemiologik, karantin we gigiýeniki çäreleriň geçirilmegini guraýar hem-de olara gözegçilik edýär; ekologik ýagdaý barada ilaty habarly edýär; tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, epizootiýa we heläkçilik (awariýa) bolan ýagdaýynda olaryň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek hem-de ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görýär; kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň töwerekdäki gurşawa howp salýan we tebigatdan peýdalanmak baradaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna getirýän işini togtadýar;

12) ýaşaýyş jaý gaznasyny ulanmagyň Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertibiniň berjaý edilmegini, jemagat we ýol hojalygynyň obýektleriniň, söwda, jemgyýetçilik iýmiti hem-de durmuş hyzmaty kärhanalarynyň, elektrik, gaz, suw we beýleki ulgamlaryň hem-de desgalarynyň, aragatnaşyk we gatnaw serişdeleriniň durnukly işlemegini üpjün edýär, ilatyň tebigy gaz, suw we elektrik energiýasy bilen üpjün bolmagy üçin çäreler görýär;

13) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde harby çygyrdaky kanunçylygyň ýerine ýetirilmegini guraýar hem-de oňa gözegçilik edýär, degişli çäkde raýat goranyşyna ýolbaşçylyk edýär;

14) degişli çäkde raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, jemgyýetçilik tertibini we kanunylygy berkitmek boýunça döwlet edaralarynyň, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň bilelikdäki hereketini we ylalaşykly işini üpjün etmek üçin çäreler görýär;

15) hukuk tertibiniň bozulmalarynyň öňüni almagyň ýagdaýy, şol bozulmalara getirýän sebäpleri we şertleri ýok etmek boýunça çäreler barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny yzygiderli diňleýär. Hukuk goraýjy we beýleki edaralar bilen bilelikde hukuk düzgünleriniň bozulmalarynyň öňüni almagyň ýagdaýyny seljermek işini guraýar we degişli çäkde jenaýatçylygyň öňüni almak barada çäreler görýär;

16) polisiýanyň ýerli wekilleriniň ýaşulular we beýleki jemgyýetçilik birleşikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegine ýardam berýär;

17) dolandyryş-çäk gurluşynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde teklipler girizýär;

18) häkimligiň işini guraýar we oňa gözegçilik edýär, häkimligiň hünärmenlerini hem-de beýleki işgärlerini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar, olaryň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlanylmagyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar;

19) häkim tarapyndan döredilýän toparlaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar;

20) raýatlaryň ýüztutmalaryna, tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna garaýar, degişli çäkdäki kärhanalarda, edaralarda we guramalarda bu işi guraýar;

21) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ygtyýarlyklarynyň çäginde beýleki meseleleri çözýär.

 

8-nji madda. Welaýat häkiminiň ygtyýarlyklary

 

Welaýatyň häkimi:

1) degişli etraplaryň, şäherleriň häkimleriniň öz wezipelerini we ygtyýarlyklaryny berjaý etmek boýunça alyp barýan işlerine ýolbaşçylyk we gözegçilik edýär, olaryň iş tejribelerini umumylaşdyrýar, iş usullaryny we görnüşlerini kämilleşdirmek üçin çäreler görýär.

2) degişli çägi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna girizýär, olaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşýar, olaryň ýerine ýetirilmegini guraýar;

3) welaýatyň býujetiniň taslamasyny we býujetiň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty taýýarlaýar we olary tassyklamak üçin welaýat halk maslahatynyň garamagyna girizýär;

4) degişli etraplary we şäherleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny we olaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabatlary tassyklaýar;

5) welaýatyň tabynlygyndaky kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we hojalygy dolandyrýan beýleki subýektleriň ýolbaşçylaryny wezipä belleýär hem-de wezipesinden boşadýar;

6) welaýatyň çäginde ýaşaýyş üçin zerur bolan durmuş infrastruktura obýektleriniň: ulag kommunikasiýalaryň, elektrik, gaz, suw, arassalaýyş, aragatnaşyk we gaýry ulgamlaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna buýrujy bolup çykyş edýär, gurluşygyny guraýar we gurluşyk işlerine gözegçilik edýär;

7) ýer gurluşyk we suw gorag işleriniň geçirilmegini, ýerden we suwdan rejeli peýdalanmak, ýerleri bölmek we eýeçilige bermek, eýelik etmek we peýdalanmak meseleleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülmegini guraýar, sazlaşdyrýar we gözegçilik edýär, ýer-kadastr resminamalarynyň ýöredilmegini guraýar;

8) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ilatyň durmuş taýdan goragyny güýçlendirmek baradaky çäreleri amala aşyrýar, welaýatyň serişdeleriniň hasabyna weteranlara, maýyplara, garrylara, köp çagaly, pes üpjünçilikli maşgalalara we raýatlara Türkmenistanyň kanunçylygyndaky ýeňilliklere goşmaçalary bellemäge hukuklydyr, çagalaryň tomusky dynç alşyny guraýar;

9) orta okuw mekdeplerine, çagalar, saglygy goraýyş we medeniýet edaralaryna, söwda we ilata hyzmat edýän obýektlere, sport desgalaryna at dakmagy we olaryň adyny üýtgetmegi amala aşyrýar;

10) welaýatyň häkiminiň orunbasarlaryny, etraplaryň we şäherleriň häkimlerini we olaryň orunbasarlaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentine teklip berýär;

11) häkimligiň hünärmenleriniň hünär taýýarlygyny, olaryň gaýtadan taýýarlanylmagyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde daýhan birleşigini döretmek, işini bes etmek, üýtgedip guramak, adyny üýtgetmek hakynda kararlary kabul edýär;

13) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ygtyýarlyklaryň çäginde gaýry meseleleri çözýär.

 

9-njy madda. Etrabyň, şäheriň häkiminiň ygtyýarlyklary

 

Etrabyň, şäheriň häkimi:

1) etraby, şäheri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we olary welaýat häkiminiň tassyklamagyna hödürleýär, olaryň ýerine ýetirilmegini guraýar;";

2) etrabyň, şäheriň býujetiniň taslamasyny we býujetiň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty taýýarlaýar we olary tassyklamak üçin etrap, şäher halk maslahatynyň garamagyna girizýär;

3) etrabyň, şäheriň tabynlygyndaky kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň hem-de beýleki hojalygy dolandyrýan subýektleriň ýolbaşçylaryny wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

4) etrabyň, şäheriň ösüş maksatnamalary we ýyllyk meýilnamalary düzülende Geňeşleriň tekliplerini göz öňünde tutýar, Türkmenistanyň býujet kanunçylygyna laýyklykda ýerli býujetden etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň býujetine serişdeleri bölüp berýär, arçynlaryň işine ýardam berýär.

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýer böleklerini eýeçilige, kärendesine we peýdalanmaga bermek meselelerini çözýär, ýer gurluşygy, suw obýektlerini we suwaryş ulgamlaryny göwnejaý saklamak boýunça işleriň geçirilmegini, ýer-kadastr resminamalarynyň ýöredilmegini guraýar;

6) ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy we durmuş-önümçilik maksatly obýektleri gurmagyň tassyklanylan maksatnamalarynyň, taslamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi üpjün edýär, etrap, şäher we şäherçe ähmiýetli taslamalaryň seljermesini guraýar; ýerli býujetiň serişdeleriniň ýa-da maksatlaýyn toplanan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýän durmuş infrastrukturasynyň obýektleriniň gurluşygyna we abatlanylyşyna buýrujy bolup çykyş edýär; degişli çäkde şähergurluşyk işini amala aşyrmak üçin bellenilen tertipde rugsat berýär; döwlet kabul ediş toparlarynyň düzümini tassyklaýar, ýaşaýyş jaý-jemagat maksatly we beýleki obýektleriň ulanylmaga kabul edilmegine gatnaşýar we şeýle obýektleriň ulanylmaga berilmeginiň namasyny tassyklaýar (ulanylmaga berilmegini gadagan edýär), olaryň hususy eýeçilige degişlileri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamany berýär;

7) saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we sport edaralarynyň we guramalarynyň, jemagat hojalygy, söwda, durmuş hyzmaty, jemgyýetçilik ulag kärhanalarynyň hem-de durmuş maksatly beýleki obýektleriň durnukly işlemegini guraýar we olaryň ulgamyny ösdürmek boýunça çäreler görýär;

8) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ilatyň durmuş taýdan goragyny güýçlendirmek baradaky çäreleri amala aşyrýar, etrabyň, şäheriň serişdeleriniň hasabyna weteranlara, maýyplara, garrylara, köp çagaly, pes üpjünçilikli maşgalalara we raýatlara Türkmenistanyň kanunçylygyndaky ýeňilliklere goşmaçalary bellemäge hukuklydyr, çagalaryň tomusky dynç alşyny guraýar, Türkmenistanyň raýat, nika we maşgala kanunçylygy esasynda dolandyrmagyna degişli edilen meseleleri çözýär;

9) etrabyň, şäheriň häkiminiň orunbasarlaryny wezipä bellemegiň we wezipesinden boşatmagyň meseleleri boýunça welaýatyň häkimine teklip berýär;

10) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ygtyýarlyklaryň çäginde gaýry meseleleri çözýär.

 

10-njy madda. Häkimiň orunbasarlarynyň ygtyýarlyklary

 

Häkimiň orunbasarlary paýlanylan borçlaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýärler we häkimiň tabşyrygy boýunça beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

IV bap. Häkim tarapyndan kabul edilýän namalar

 

11-nji madda. Häkimiň kararlary we buýruklary

 

1. Häkim öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalaryna laýyklykda garamagyndaky ýerlerde ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kararlary kabul edýär. Häkimiň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalaryna ters gelýän namalarynyň hukuk taýdan güýji ýokdur.

Häkimiň belli bir şahsa degişli we guramaçylyk-serenjam beriji häsiýetindäki kararlary, şeýle hem gündelik meseleler boýunça onuň kabul edýän buýruklary kadalaşdyryjy hukuk namalary däldir.

2. Häkimiň kadalaşdyryjy häsiýetli, şeýle hem raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna degip geçýän namalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp kabul edilýär. Ol namalar Türkmenistanyň Adalat ministrliginde bellige alnyp, ilatyň dykgatyna ýetirilen mahalyndan güýje girýär.

3. Häkimiň namalary raýatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Ministrler Kabinetiniň namalary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan kesgitlenen hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirip, şeýle hem raýatlar üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk borçlary belläp bilmez.

4. Häkimiň namalary olara gol çekilen pursadyndan ýa-da namada görkezilen möhletinden güýje girýär. Muňa kadalaşdyryjy häsiýetli, şeýle hem raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryna degişli namalar girmeýär.

 

12-nji madda. Häkimleriň namalarynyň togtadylmagy ýa-da ýatyrylmagy

 

Häkimleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna ters gelýän namalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda togtadylýar ýa-da ýatyrylýar.

 

V bap. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işini üpjün etmek

 

13-nji madda. Häkimlik

1. Häkimligiň gurluşy, wezipe sanawy, şeýle hem ony maliýeleşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

2. Häkimligiň jaýynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy gerilýär we Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň şekili ýerleşdirilýär.

 

14-nji madda. Häkimligiň wezipeleri

 

Häkimligiň wezipeleri şu aşakdakylardyr:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

2) çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň berjaý edilişini üpjün etmek;

3) ýerli býujetiň taslamasyny düzmegi we ony degişli döwlet edaralarynyň garamagyna we tassyklamagyna bermegi hem-de býujetiň ýerine ýetirilişini üpjün etmek;

4) degişli çäkde döwlet we zähmet düzgün-nyzamynyň berjaý edilişini, döwlet hem-de jemgyýetçilik tertibiniň, raýatlaryň hukuklarynyň goralyşyny üpjün etmek, ilatyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak hakynda yzygiderli alada etmek, olaryň isleglerini, pikirlerini hem tekliplerini öwrenmek we netije çykaryp, gelnen netijeler barada degişli edaralara maglumat bermek;

5) häkimiň kabul eden kararlaryny we çykaran buýruklaryny resmileşdirmek hem-de olary degişli edaralara ugratmak we bu resminamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

6) häkimiň döreden toparlarynyň işini guramaga ýardam etmek;

7) häkimligiň düzüm birlikleriniň işine gözegçiligi amala aşyrmak we olaryň işini utgaşdyrmak;

8) degişli çäkde saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça zerur çäreleriň amala aşyrylmagyna ýardam etmek;

9) degişli çäkdäki halk maslahatynyň we Geňeşleriň işine ýardam etmek;

10) raýatlaryň ýüztutmalaryna we arzalaryna garamak boýunça işleri guramak;

11) ýüze çykýan gündelik we gaýragoýulmasyz meselelere garamak we çözmek;

12) häkimligiň emlägini dolandyrmak;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda häkimligiň berjaý etmegine degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.

 

15-nji madda. Häkimligiň hünärmenleriniň hukuklary we borçlary

 

1. Häkimligiň hünärmenleri aşakdakylara hukuklydyr:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunlary bilen kepillendirilen hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga;

2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde meselelere garamaga we olar babatynda çözgütleri kabul etmäge gatnaşmaga, degişli edaralardan we wezipeli adamlardan olaryň berjaý edilmegini talap etmäge;

3) gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumatlary bellenilen tertipde almaga;

4) gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek üçin bellenilen tertipde kärhanalara, edaralara, guramalara barmaga;

5) häkimligiň işiniň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmek barada teklipleri bellenilen tertipde girizmäge;

6) hünärine, hünär endiklerine, ukybyna görä işde (gullukda) wezipesiniň ýokarlandyrylmagyna;

7) hünär taýýarlygyna we gaýtadan taýýarlygyna, hünärini ýokarlandyrmaga;

8) sagdyn we howpsuz zähmet şertlerine;

9) durmuş we hukuk goraglylygyna;

10) pensiýa we durmuş taýdan üpjünçilige;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki hukuklardan peýdalanmaga.

2. Häkimligiň hünärmenleri aşakdakylara borçludyr:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryny berjaý etmäge;

2) jemgyýetde we döwletde durnuklylygyň we jebisligiň berjaý edilişine ýardam etmäge;

3) Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň  hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý edip goralmagyny üpjün etmäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletlerde raýatlaryň ýüztutmalaryna, tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna garamaga we olar babatynda zerur çäreleri geçirmäge;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerde öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaga;

6) döwlet we zähmet düzgün-nyzamyny, gulluk etikasynyň kadalaryny berjaý etmäge;

7) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýolbaşçylaryň çykaran buýruklaryny we tabşyryklaryny, ýokarda durýan edaralaryň we wezipeli adamlaryň kararlaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmäge;

8) öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işleri barada degişli ýolbaşçysyna yzygiderli hasabat bermäge;

9) kanun tarapyndan goralýan döwlet we gaýry syry saklamaga, şeýle hem wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly özüne mälim bolan, raýatlaryň şahsy durmuşyna, namysyna we mertebesine degip geçýän maglumatlary jar etmezlige;

10) döwlet eýeçiligindäki emlägiň goralmagyny üpjün etmäge;

11) gulluk borçlaryny netijeli ýerine ýetirmek üçin hünär derejesini we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlary berjaý etmäge.

 

VI bap. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri we hojalygy dolandyrýan subýektler bilen özara gatnaşyklary

 

16-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ministrlikler  we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary bilen özara gatnaşyklary

 

1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, döwlet dolandyryş, durmuş-medeni we hojalyk gurluşygy, hukuk tertibi we kanunylygy, düzgün-tertibi we guramaçylygy pugtalandyrmak meselelerinde ministrlikler we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary bilen özara gatnaşykda hereket edýärler we olar bilen ylalaşykly işlemegi üpjün edýärler.

2. Ministrlikleriň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň welaýat derejesindäki kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň we hojalygy ýöredýän beýleki subýektleriniň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak işi welaýatyň häkimi bilen ylalaşylyp amala aşyrylýar.

Ministrlikleriň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň etrap we şäher derejesindäki kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň we hojalygy ýöredýän beýleki subýektleriniň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak işi degişli etrabyň, şäheriň häkimi bilen ylalaşylyp amala aşyrylýar.

3. Ministrlikler we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary bilen welaýatyň häkiminiň arasynda dörän näsazlyklar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan çözülýär.

 

17-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklary

 

1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary tarapyndan bellenilen öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklaryny gurýar.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine ýardam berýär. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklarynyň çygryna girýän meselelere häkimleriň gatyşmagyna ýol berilmeýär.

3. Häkim Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, degişli halk maslahatynyň kararlarynyň, çägi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň, ýerli býujetiň ýerine ýetirilişi hakynda ýylda azyndan bir gezek ýerli halk maslahatynyň mejlisinde habar bilen çykyş edýär.

 

18-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar bilen özara  gatnaşyklary

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar bilen özara gatnaşyklaryny ýola goýýar we Türkmenistanyň kanunçylygyna we olaryň tertipnamalaryna laýyklykda olaryň işlerine zerur bolan ýardamy berýär.

 

19-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň kärhanalar, edaralar, guramalar we ýerli hojalygyň  ulgamyna girmeýän hojalygy dolandyrýan beýleki subýektler bilen özara gatnaşyklary

 

1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň kärhanalar, edaralar, guramalar, şol dolandyryş-çäk birliginiň ýerli hojalygynyň ulgamyna girmeýän, eýeçiliginiň görnüşine we haýsy pudaga degişlidigine garamazdan hojalygy dolandyrýan beýleki subýektler bilen özara gatnaşyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenýär.

2. Kärhanalar, hojalygy dolandyrýan beýleki subýektler eýeçiliginiň görnüşine we haýsy pudaga degişlidigine garamazdan durmuş, ekologik taýdan we gaýry ýaramaz netijelere getirmegi mümkin bolan çäreleri geçirmegi degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşýarlar.

3. Kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, hojalygy dolandyrýan beýleki subýektleriň eýeçiliginiň görnüşine we haýsy pudaga degişlidigine garamazdan, häkim öz ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça olaryň ýolbaşçylaryny diňläp, ýokarda durýan degişli edaralara teklipleri hödürläp biler.

 

VII bap. Jemleýji düzgünler

 

20-nji madda. Häkimiň işiniň hukuk taýdan kepillikleri

 

1. Döwlet häkime öz ygtyýarlyklaryny bökdençsiz we doly amala aşyryp bilmegi üçin şertleri kepillendirýär, häkimiň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, janyny, abraýyny, mertebesini we şahsy eldegrilmesizligini goraýar.

2. Häkim Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bolmasa, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga bir ýol bilen azatlykdan mahrum edilip, kazyýet tertibinde bellenilýän dolandyryş temmi çärelerine sezewar edilip bilinmez.

3. Häkim barasynda jenaýat işi diňe Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan gozgalyp bilner.

4. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň sanksiýasy bolmasa, häkimiň gulluk jaýyny ýa-da ýaşaýyş jaýyny, gulluk ýa-da şahsy ulag serişdesini, oňa degişli goşlary barlamaga, şonuň ýaly-da onuň hut özüni barlamaga ýol berilmeýär.

 

21-nji madda. Häkimiň wezipesinde işlemegi bilen baglanyşykly çäklendirmeler

 

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna laýyklykda, häkim şol bir wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşiň agzasy bolup bilmez.

2. Häkim döredijilik, mugallymçylyk we ylmy-barlag işlerinden özge hak tölenilýän haýsydyr bir başga wezipäni eýeläp bilmez.

3. Häkim bilen ýakyn garyndaşlykda ýa-da gudalyk garyndaşlygynda bolan adamlaryň (ene-atanyň, är-aýalyň, doganlaryň, uýalaryň, ogullaryň, gyzlaryň, şeýle hem är-aýalyň ene-atasynyň, doganlarynyň, uýalarynyň we çagalarynyň) häkimlikde işlemegi gadagan edilýär.

 

22-nji madda. Häkimiň jogapkärçiligi

 

Häkim degişli çägiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, ilatyň azyk we isleg bildirýän harytlary, suw, tebigy gaz, elektrik energiýasy we beýleki jemagat hyzmatlary bilen üpjün edilişi, saglygy goraýyş, bilim, durmuş üpjünçilik babatdaky işleriň, kanunylygyň we hukuk tertibiniň ýagdaýy, jemgyýetçilik ulagynyň işleýşi, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň abadanlaşdyrylyşy üçin, şeýle hem özleriniň garamagyndaky çäkde hereket edýän beýleki ugurlarda işleriň barşy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünde şahsy jogapkärçilik çekýär.

 

23-nji madda. Şu Kanuny güýje girizmek

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu Kanunyň güýje giren gününden başlap, şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1) 1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edilen "Häkimler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 36-njy madda);

2) 1996-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda kabul edilen "Häkimler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 3, 58-nji madda);

3) 2002-nji ýylyň 28-nji martynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň II bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 1, 7-nji madda);

4) 2007-nji ýylyň 3-nji iýulynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň I bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 3, 54-nji madda).

 

Türkmenistanyň     Gurbanguly

     Prezidenti Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 10-njy maýy.

№ 109-IV.

 

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 10.05.2010
Resminamanyň belgisi № 109-IV