Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 2,  32-nji madda)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagynyň, ýerine ýetirmeginiň we güýjüni ýatyrmagynyň tertibini kesgitleýär hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynda yglan edilen we berkidilen Türkmenistanyň daşary şyýasatynyň maksatlarynyň we ýörelgeleriniň amala aşyrylmagyna ýardam etmäge niýetlenendir.

 

I. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

 

1. Türkmenistanyň halkara şertnamalary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna, halkara şertnamasynyň düzgünlerine, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we şu Kanuna laýyklykda baglaşylýar, ýerine ýetirilýär we ýatyrylýar.

2. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagynyň, ýerine ýetirmeginiň we güýjüni ýatyrmagynyň şu Kanunda bellenilen tertibi olaryň görnüşine we adyna (şertnama, ylalaşyk, konwensiýa, pakt, teswirnama, hatlar ýa-da notalar alyşmak, halkara şertnamalarynyň beýleki görnüşleri we atlary) garamazdan Türkmenistanyň ähli halkara şertnamalary babatynda ulanylýar.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalary

 

1. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen özara we halkara gatnaşyklarynyň dürli meseleleri boýunça baglaşýan we oňa gatnaşýanlar üçin halkara hukuklaryny we borçlaryny belleýän şertnamalar Türkmenistanyň halkara şertnamalary bolup durýar.

2. Türkmenistanyň halkara şertnamalary aşakdakylaryň adyndan baglaşylýar, ýagny:

a) Türkmenistanyň adyndan – döwletara şertnamalary;

b) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (Hökümetiň) adyndan – hökümetara şertnamalary;

ç) ministrlikleriň hem pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň adyndan – pudagara şertnamalary.

 

3-nji madda. Halkara şertnamalarynyň hökmanylygyna  Türkmenistanyň ylalaşýandygyny aňlatmagyň usullary

 

Halkara şertnamasynyň hökmanylygyna Türkmenistanyň ylalaşýandygy şertnama gol çekmek, şertnamany döredýän resminamalary alyşmak, şertnamany ratifisirlemek, ony tassyklamak, şertnama goşulmak ýa-da ylalaşýan taraplaryň şertleşen beýleki islendik usuly bilen aňladylyp bilner.

 

4-nji madda. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň we Türkmenistanyň kanunçylygynyň ileri tutulmagy

 

Türkmenistan halkara şertnamalary baglaşylanda we ýerine ýetirilende halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerinden we kadalaryndan ugur alýar.

Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyndakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

II. TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ŞERTNAMALARYNY BAGLAŞMAGY

 

5-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmak hakyndaky teklipler

 

1. Döwletara we hökümetara derejelerde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmak hakyndaky teklipler Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berilýär.

2. Pudagara häsiýetli Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmak hakyndaky teklipler Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ýa-da onuň bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berilýär.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňunde tutulandakydan başga kadalary belleýän Türkmenistanyň halkara şertnamalary Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da Turkmenistanyň Ministrler Kabinetine berilýär.

4. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmak hakyndaky teklipler Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berilmezinden ozal Türkmenistanyň gyzyklanýan ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşylýar.

Halkara şertnamasyny baglaşmak hakyndaky teklipde şertnamanyň taslamasy ýa-da onuň esasy düzgünleri we ony baglaşmagyň maksadalaýyklygy beýan edilmelidir.

Hereket edýän köp taraply halkara şertnamasy babatyndaky teklipde şertnama gatnaşýan döwletleriň sanawy, şeýle hem zerur halatlarda Türkmenistanyň bellikleriniň ýazgysy we olaryň esaslandyrmasy görkezilmelidir.

 

6-njy madda. Gepleşikler geçirmek hakyndaky we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna  gol çekmek hakyndaky çözgütler

 

Gepleşikler geçirmek hakyndaky we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekmek hakyndaky çözgütler aşakdakylar tarapyndan kabul edilýär, ýagny:

a) döwletara we hökümetara şertnamalary babatynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan;

b) pudagara häsiýetli şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan.

 

7-nji madda. Gepleşikler geçirmäge we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekmäge ygtyýarlary

 

1. Gepleşikler geçirmäge we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekmäge bolan ygtyýarlary aşakdakylar tarapyndan berilýär, ýagny:

a) döwletara we hökümetara şertnamalary babatynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan;

b) pudagara häsiýetli şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan.

2. Türkmenistanyň gepleşikler geçirmäge we halkara şertnamalaryna gol çekmäge bolan ygtyýarlary aşakdakylara berlip bilner:

a) döwletara şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna;

b) hökümetara şertnamalary babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna;

ç) pudagara häsiýetli şertnamalar babatynda ministrlere we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna (şu Kanunyň 8-nji maddasynyň 2-nji bölüminde göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär).

3. Gepleşikler geçirmäge we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmaga bolan ygtyýarlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalary bilen olaryň ygtyýarlyklaryna laýyklykda resmileşdirilýär.

 

8-nji madda. Ýörite ygtyýar almazdan gepleşikler geçirmek we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekmek

 

1. Türkmenistanyň Prezidenti ýörite ygtyýar almazdan gepleşikler geçirýär we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekýär.

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministri döwletiň daşary syýasatynyň esas goýujy ýörelgelerinden ugur alyp hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ýörite ygtyýar almazdan gepleşikler geçirmäge we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol çekmäge haklydyr.

3. Türkmenistanyň daşary döwletdäki diplomatik wekilhanasynyň baştutany ýa-da halkara guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanasynyň baştutany degişlilikde öz bolýan ýerindäki döwlet bilen ýa-da şol halkara guramasynyň çäklerinde ýörite ygtyýar almazdan Türkmenistanyň halkara şertnamasyny baglaşmak hakyndaky gepleşikleri geçirmäge haklydyr.

 

9-njy madda. Halkara şertnamalaryny baglaşmak meseleleri boýunça daşary ýurt döwletleri ýa-da halkara  guramalary bilen gatnaşyklar

 

Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary daşary ýurt döwletleriniň ýa-da halkara guramalarynyň degişli edaralary bilen halkara şertnamalaryny baglaşmak meseleleri boýunça gatnaşyklary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi halkara şertnamalaryny baglaşmak meseleleri boýunça döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işini utgaşdyrýar.

 

10-njy madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň dili

 

1. Türkmenistanyň iki taraplaýyn halkara şertnamalary iki nusgada şertleşýän taraplaryň dillerinde düzülýär, şunda ýazgylaryň ikisi-de hukuk taýdan deň ähmiýetli (birmeňzeş) diýlip ykrar edilýär. Taraplaryň ylalaşmagyna görä, halkara şertnamasy goşmaça başga dilde ýa-da diňe bir dilde hem düzülip bilner.

2. Türkmenistanyň gatnaşmagynda baglaşylýan köp taraply şertnamalar şertleşýän taraplaryň dillerinde ýa-da ylalaşylyp bir dilde düzülýär.

 

11-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak

 

1. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň aşakdaky halkara şertnamalary tassyklanylmaga degişlidir:

a) adamyň we raýatyň esasy hukuklary we azatlyklary hakynda;

b) dostluk, hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda;

ç) güýç ulanmakdan ýa-da güýç ulanmak howpuny salmakdan bilelikde ýüz döndermek hakynda;

d) ýaraşyk şertnamalary;

e) Türkmenistany beýleki döwletlerden territorial taýdan çäklendirmek hakynda;

ä) Türkmenistanyň kanunlaryny kabul etmegiň, üýtgetmegiň ýa-da güýjüni ýatyrmagyň zerurlygyny göz öňünde tutýan ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyndaka garanda gaýry kadalary belleýän;

f) döwletiň goranmagy we howpsuzlygy bilen baglanyşykly;

g) ykdysady häsiýetli köp taraply ýa-da uzak möhletli şertnamalar;

h) döwletara we gaýry birleşmeler hakynda.

2. Baglaşylanda taraplaryň soňra ony tassyklamak hakynda şertleşen Türkmenistanyň halkara şertnamalary hem tassyklanylmaga degişlidir.

 

12-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak hakyndaky teklipler

 

1. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak hakyndaky teklipler Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan özbaşdak ýa-da beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylalaşylyp, Türkmenistanyň Prezidentine berilýär.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny Türkmenistanyň Mejlisine tassyklamaga bermek hakynda çözgüt kabul edýär.

 

13-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak hakynda çözgütler kabul etmek

 

1. Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklamaga berlen halkara şertnamalaryna garaýar we olar boýunça çözgütler çykarýar.

2. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Mejlisi çözgütleri karar görnüşinde kabul edýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara şertnamany tassyklamak hakyndaky çözgüdiniň esasynda Türkmenistanyň Prezidenti tassyklaýyş hatyna gol çekýär.

3. Tassyklaýyş hatynyň görnüşi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

 

14-nji madda. Tassyklaýyş hatlaryny alyşmak we olary  saklamak üçin tabşyrmak

 

Tassyklaýyş hatlaryny alyşmak we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak hakyndaky hatlary depozitarilere saklamaga tabşyrmak işi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýerleşýän döwletinde onuň baştutany ýa-da halkara guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanasynyň baştutany, ýa-da Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan muňa ýörite ygtyýarly edilen wekil tarapyndan geçirilýär.

 

15-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanmaga degişli bolmadyk halkara  şertnamalaryny tassyklamak

 

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanmaga degişli bolmadyk, emma tassyklanylmagy nazarda tutulýan döwletara we hökümetara şertnamalaryny tassyklamak Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň pudagara häsiýetli halkara şertnamalaryny tassyklamak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýa-da Türkmenistanyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan notalar ýa-da hatlar alyşmak arkaly baglaşylan Türkmenistanyň halkara şertnamalary ratifisirlemezden ýa-da soňra tassyklanylmazdan olar alşylan gününden başlap güýje girýär.

 

16-njy madda. Halkara şertnamalaryna goşulmak

 

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna goşulmagy hakyndaky çözgüt aşakdakylar tarapyndan kabul edilýär:

a) tassyklamaga degişli bolan şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan;

b) tassyklamaga degişli bolmadyk we goşulmaklyk Türkmenistanyň adyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (Hökümetiniň) adyndan geçirilýän şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan;

ç) pudagara häsiýetli şertnamalar babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan.

 

III. TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ŞERTNAMALARYNY

ÝERINE ÝETIRMEK

 

17-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny berjaý etmek

 

1. Türkmenistanyň halkara şertnamalary halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda Türkmenistanyň öz döwlet edaralary tarapyndan gyşarnyksyz berjaý edilmäge degişlidir.

2. Halkara şertnamalaryny sap ýürekden ýerine ýetirmek ýörelgesine laýyklykda, Türkmenistan öz gatnaşýan iki taraply we köp taraply halkara şertnamalaryna beýleki gatnaşyjylaryň hem şol şertnamalardan gelip çykýan öz borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmekleri barada çykyş edýär.

 

18-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek

 

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin çäreler görýärler.

 

19-njy madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalary boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek

 

Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly düzgünleşdirilýän meseleler ygtyýarlyklaryna girýän Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary şol halkara şertnamalarynda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler, halkara şertnamalaryndan gelip çykýan Türkmenistana degişli bolan öz hukuklarynyň amala aşyrylyşyna, şeýle hem halkara şertnamalaryna beýleki gatnaşyjylaryň  öz borçnamalaryny ýerine ýetirişlerine gözegçilik edýärler.

 

20-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine umumy gözegçilik

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine umumy gözegçiligi amala aşyrýar.

 

21-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamasynyň oňa beýleki gatnaşyjylar tarapyndan bozulan  halatynda ulanylýan çäreler

 

1. Türkmenistanyň halkara şertnamasy boýunça borçnamalar oňa beýleki gatnaşyjylar tarapyndan bozulan halatynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ýa-da onuň bilen ylalaşyp, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda zerur çäreleri görmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýärler.

2. Türkmenistanyň halkara şertnamasy oňa beýleki gatnaşýjylar tarapyndan düýpli bozulan halatynda, şeýle hem halkara hukuk kadalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda, şeýle şertnamanyň güýji şu Kanunyň 26-27-nji maddalarynda bellenen tertipde ýatyrylyp ýa-da togtadylyp bilner.

 

22-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamasyny baglaşmak bilen baglanyşykly kanunçylyga  üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky teklipler

 

Türkmenistanyň halkara şertnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny ýa-da Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny kabul etmek zerur bolan halatlarynda, gyzyklanýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ylalaşyp, şeýle kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek hakyndaky teklipleri ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky teklipleri bellenilen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýärler.

 

23-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň güýje girmegi

 

Türkmenistan üçin halkara şertnamalary şu Kanuna laýyklykda, şeýle hem şertnamada göz öňünde tutulan tertipde we möhletlerde ýa-da şertleşýän taraplaryň arasynda ylalaşylan başga ýagdaýda güýje girizilýär.

 

IV. TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ŞERTNAMALARYNY

ÇAP ETMEK, BELLIGE ALMAK WE SAKLAMAK

 

24-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny  çap etmek

 

1. Türkmenistanyň adyndan baglaşylan, Türkmenistan üçin güýje giren halkara şertnamalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň çözgütleriniň esasynda Türkmenistanyň goşulan halkara şertnamalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hödürlemegi boýunça "Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlarynda", şeýle hem "Türkmenistan", "Neýtralnyý Turkmenistan" gazetlerinde çap edilýär.

2. Türkmenistanyň adyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň adyndan baglaşylan we tassyklamaga degişli bolmadyk, Türkmenistan üçin güýje giren halkara şertnamalary "Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň Ýygyndysynda" çap edilýär.

3. Asyl nusga dogry gelýän daşary ýurt dillerinde düzülen Türkmenistanyň halkara şertnamalary şol dilleriň birinde çap edilýär we türkmen dilinde resmi terjimesi berilýär.

4. Pudagara häsiýetli Türkmenistanyň halkara şertnamalary şeýle şertnamalary öz adyndan baglaşan Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň neşirlerinde çap edilýär.

 

25-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny  bellige almak we saklamak

 

1. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynda ýa-da beýleki halkara guramalarynyň degişli edaralarynda bellige almak işi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň döwletara we hökümetara şertnamalarynyň depozitarisi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bolup durýar, Türkmenistanyň pudagara häsiýetdäki şertnamalarynyň depozitarisi bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligidir.

3. Türkmenistanyň döwletara we hökümetara şertnamalarynyň asyl nusgalary (tassyklanylan nusgalary, resmi terjimeleri) olar gol çekilen (tassyklanylan nusgalarynyň, resmi terjimeleriniň depozitarilerden alnan) gününden iki hepde möhletde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine saklamak üçin berilýär. Şol şertnamalaryň göçürmeleri gelip gowşan gününden iki hepde möhletde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Türkmenistanyň degişli ministrliklerine hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna iberilýär.

4. Türkmenistanyň pudagara häsiýetdäki halkara şertnamalarynyň asyl nusgalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde saklanylýar. Şol şertnamalaryň tassyklanylan nusgalary gelip gowşan (tassyklanylan nusgalary, resmi terjimeleri depozitarilerden alnan) gününden soň iki hepde möhletde Türkmenistanyň degişli ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna  iberilýär.

 

V. TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ŞERTNAMALARYNYŇ

GÜÝJÜNI ÝATYRMAK ÝA-DA TOGTATMAK

 

26-njy madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň güýjüni ýatyrmak ýa-da togtatmak  hakyndaky teklipler

 

1. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň güýjüni ýatyrmak ýa-da togtatmak hakyndaky teklipler halkara şertnamasyny baglaşmak hakyndaky teklipleri girizmek üçin şu Kanunyň 5-nji maddasynda bellenilen tertibe laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berilýär.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri hödürleýär.

 

27-nji madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň güýjüni ýatyrmak we togtatmak

 

1. Türkmenistanyň tassyklanan halkara şertnamalaryny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň çözgütleri esasynda şolara goşulmak amala aşyrylan şertnamalaryň güýjüni ýatyrmak ýa-da togtatmak işi Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanmagy talap edilmeýän Türkmenistanyň döwletara we hökümetara şertnamalarynyň güýjüni ýatyrmak ýa-da togtatmak işi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçirilýär.

3. Pudagara häsiýetli halkara şertnamalarynyň güýjüni ýatyrmak ýa-da togtatmak işi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan geçirilýär.

 

VI. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

28-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. 1995-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen "Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagynyň, ýerine ýetirmeginiň we denonsasiýalamagynyň tertibi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 2, 14-nji madda).

 

Türkmenistanyň     Gurbanguly

    Prezidenti Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 10-njy maýy.

№ 108-IV.

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 10.05.2010
Resminamanyň belgisi № 108-IV