Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi

hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 2, 29-njy madda)

 

(Türkmenistanyň 18.08.2015 ý. № 271-V, 04.02.2017 ý. № 501-V, 09.06.2018 ý. № 41-VI we we 20.10.2018 ý. № 80-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Adwokatura we adwokatlyk işi

 

1. Adwokatura raýat jemgyýetiniň hukuk instituty bolup durýan we döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girmeýän, adwokatlaryň adwokatlyk işini amala aşyrmak maksady bilen döredilen we öz-özüňi dolandyrmak ýörelgelerine eýerýän professional birleşigidir.

2. Adwokatlyk işi adam hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini goramak, jemgyýetde kanunylygyň berjaý edilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen adwokatyň kanunda bellenilen tertipde berýän professional ýuridik kömegi bolup durýar.

3. Adwokatlyk işi telekeçilik işi däldir we adwokatyň ýuridik kömegi bermek bilen alýan tölegi onuň zähmet hak tölegi bolup durýar.

4. Adwokatlyk işine şularyň berýän ýuridik kömegi degişli däldir:

- ýuridik şahslaryň ýuridik gulluklarynyň işgärleriniň, döwlet häkimiýet edaralarynyň işgärleriniň;

- döwlet notariuslarynyň.

 

2-nji madda. Adwokatura we adwokatlyk işi hakynda  kanunçylyk

 

1. Adwokatura we adwokatlyk işi hakynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de adwokatlyk işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Fiziki we ýuridik şahslaryň işleri boýunça adwokat tarapyndan goraglyk ýa-da wekilçilik edilende, adwokatlaryň iş ýörediş hukuklary we borçlary Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

3-nji madda. Adwokatlyk işiniň ýörelgeleri

 

Adwokatlyk işi şu ýörelgelere esaslanýar:

1) kanunylygyň, garaşsyzlygyň, öz-özüňi dolandyryşyň, şeýle-de deňhukuklylygyň amala aşyrylmagyna;

2) professional ýuridik kömegi almaga bolan konstitusion hukugynyň amala aşyrylmagyna, taraplaryň deňligi we bäsleşigi esasynda amala aşyrylýan adyl kazyýetlige ygtyýarlylygyna;

3) adwokatyň ýuridik kömeginiň hemmeler üçin elýeterli bolmagyna;

4) adwokatlyk işiniň Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik usullar we serişdeler arkaly amala aşyrylmagyna;

5) adwokatyň işine Türkmenistanyň kanunçylygynda gös-göni göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda gatyşylmaga ýol berilmezligine;

6) adwokatlyk işiniň ahlak kadalaryna laýyk alnyp barylmagyna, adwokatlyk etikasynyň berjaý edilmegine we adwokatlyk syrynyň saklanylmagynyň üpjün edilmegine.

 

4-nji madda. Ýuridik kömegi bermegiň kepili

 

1. Döwlet hemmelere zerur bolan professional ýuridik kömegiň berilmegini kepillendirýär.

2. Döwlet Türkmenistanyň çäklerinde ähli fiziki we ýuridik şahslara ýuridik kömegi, onuň häsiýeti hakyndaky maglumatlary we ony almagyň tertibine bolan deň hukuklary kepillendirýär.

3. Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda aýry-aýry fiziki şahslara tölegsiz ýuridik kömegi bermegi we goramagy kepillendirýär.

 

5-nji madda. Adwokatlaryň berýän ýuridik kömeginiň görnüşleri

 

1. Adwokat ýuridik kömegi bermek bilen:

1) dilden, şeýle hem ýazmaça görnüşde hukuk meseleleri boýunça maslahatlary berýär we düşündirýär;

2) arzalary, şikaýatlary, haýyşnamalary we hukuk häsiýetli beýleki resminamalary düzüp berýär;

3) raýat we arbitraž işlerinde ynanyja wekilçilik edýär;

4) dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky we jenaýat işleri boýunça döwlet, anyklaýyş, deslapky derňew edaralarynda, kazyýetde ynanyjynyň goragyny amala aşyrýar ýa-da oňa wekilçilik edýär;

5) döwlet edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki gaýry edaralarda, häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde hem-de  fiziki şahslar bilen gatnaşyklarda ynanyja wekilçilik edýär;

6) Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna we daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna garşy gelmeýän halatlarda şol döwletleriň döwlet, kazyýet, hukuk goraýjy we beýleki edaralarynda, halkara kazyýet we täjirçilik arbitraž edaralarynda ynanyjylara wekilçilik edýär;

7) ynanyjynyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary, guramalary ýa-da raýatlary bilen bolýan hukuk gatnaşyklarynda kömek berýär;

8) bellenilen tertipde eýeçiligiň ähli görnüşindäki ýuridik şahslara, şeýle-de daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslaryna ýuridik kömegi berýär.

2. Adwokatyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýuridik kömekleri bermäge hem hukugy bardyr.

3. Ýuridik kömek üçin ýüzlenen adam adwokat saýlap almakda erkindir. Eger adwokat saýlanyp alynmadyk bolsa ýa-da oňa mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda oňa ýuridik kömegi bermek üçin adwokat bellenilýär.  

 

6-njy madda. Ýuridik kömegi  bermek hakynda şertnama

 

1. Adwokatlyk işi adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar. Bu şertnama raýat-hukuk gatnaşyklary häsiýetinde bolup, adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda ýönekeý ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

2. Şertnamada şular görkezilmelidir:

1) tabşyrygy ýerine ýetirýän adwokat baradaky we ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň şahsyýetine degişli maglumatlar;

2) tabşyrygyň mazmuny;

3) ýuridik kömek üçin tölegiň şetleri we möçberi;

4) adwokatyň tabşyrygy ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly goşmaça tölegler;

5) adwokatyň şertnamany ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly jogapkärçilikleri.

3. Adwokat öz üstüne alan borçlarynyň ýerine ýetirilmegini üçünji bir adama berip bilmez.

4. Şu maddanyň bäşinji, ýedinji we sekizinji böleklerinde göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda adwokatlar tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin töleg ylalaşyk esasynda amala aşyrylýar.

5. Ýuridik maslahathananyň adwokatlary tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin ylalaşyk bolmadyk halatynda adwokat tarapyndan berilýän ýuridik kömegi üçin töleg Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanan Ýuridik maslahathananyň adwokatlary tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin töleg hakynda Gözükdirme esasynda ýuridik maslahathananyň müdiri tarapyndan bellenilýär.

6. Ýuridik maslahathanada, adwokatlaryň beýleki birleşiklerinde işleýän, şeýle-de adwokatlyk işi bilen özbaşdak meşgullanýan welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň adwokatlyk işi üçin tölenilýän tölegler degişlilikde ýuridik maslahathananyň, adwokatlaryň beýleki birleşiginiň pulhanasyna ýa-da bankdaky hasabyna geçirilýär.

7. Ýuridik maslahathananyň adwokaty Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslarda jenaýat kazyýet önümçiliginde anyklaýyş edarasy, sülçi, prokuror, kazy ýa-da kazyýet tarapyndan bellenilen ýa-da beýleki halatlarda adwokat tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin töleg döwletiň hasabyna tölenilmeli edilen bolsa, onda şol tölegiň möçberi we tölemegiň tertibi Ýuridik maslahathananyň adwokatlary tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin töleg hakynda Gözükdirmä laýyklykda kesgitlenýär.

8. Adwokat tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin töleg adwokatlar birleşiginiň serişdeleriniň hasabyna tölenilen halatynda, şol tölegiň möçberi we tertibi Ýuridik maslahathananyň adwokatlary tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin töleg hakynda Gözükdirmä laýyklykda kesgitlenýär.

 

7-nji madda. Fiziki şahslara ýuridik kömegiň tölegsiz berilmegi

 

1. Fiziki şahslara ýuridik kömek, olaryň haýyşy boýunça şu halatlarda tölegsiz berilýär:

1) hak isleýjilere alimentleri (hossarlyk eklenç serişdesini) töletmek, iş bilen baglylykda ekleýjisiniň ölümine, maýyp bolmagyna getiren ýa-da jan saglygyna başga hili şikes ýetirilmegi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky işler boýunça dilden maslahatlar görnüşinde ýuridik kömek berlende we ýazmaça resminamalar düzülende;

2) Türkmenistanyň Gahrymanlaryna, weteranlaryň toparyna girýän adamlara, çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylara, I we II topar maýyplygy bolan adamlara, pensionerlere, "Ene mähri" diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere we ýetim çagalara maslahatlar görnüşinde telekeçilik işiniň meseleleri bilen baglanyşykly bolmadyk ýuridik kömek berlende;

3) pensiýa ýa-da kömek pullaryny bellemek hakyndaky arzalar düzülende;

31) adam söwdasynyň pidasy statusy berlende;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Fiziki şahslaryň ýuridik kömegi tölegsiz almagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulandakylardan başga halatlarda adwokatlaryň ýolbaşçy edarasy ýa-da şol edaranyň ýolbaşçysy, şeýle hem özleriniň önümçiliginde işi bolan anyklaýyş, deslapky derňew edarasy, prokuror, kazy we kazyýet, fiziki şahsyň emläk ýagdaýyndan ugur alyp, ony ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden doly ýa-da bölekleýin boşatmaga hukuklydyr.

Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden adwokatlaryň ýolbaşçy edarasy ýa-da şol edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan boşadylanda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi adwokatlar birleşiginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden anyklaýyş, deslapky derňew edarasy, prokuror, kazy ýa-da kazyýet boşadanynda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi bellenilen tertipde döwletiň hasabyna tölenilmäge degişli edilýär.

 

II bap. Adwokatyň hukuk ýagdaýy

 

8-nji madda. Adwokat

 

1. Türkmenistanda ýokary ýuridik bilimli, adwokatyň statusyna eýe bolan we şu Kanunyň 1-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleri amala aşyrýan, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty adwokat bolup biler.

2. Adwokat hukuk meseleleri boýunça garaşsyz maslahatçydyr.

3. Adwokata, mugallymçylyk, döredijilik we ylmy-barlag işlerinden başga, döwlet gullugynda durmak we başga tölegli işlerde işlemek gadagandyr.

4. Düzgün-nyzam temmisi ulanylýan etmişi edendigi üçin kazyýet hem hukuk goraýjy edaralardan işden boşadylan adam, boşadylan gününden başlap bir ýylyň dowamynda, şeýle-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jenaýat edendigi üçin iş kesilenlik aýyby öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk hem-de kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäkli diýlip ykrar edilen, şeýle hem adwokatlyk işi bilen bir ýere sygyşmaýan hereketleri edendigi üçin adwokatlar kollegiýasynyň düzüminden çykarylan ýa-da hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamadan mahrum edilen şahs adwokat bolup bilmez.

 

9-njy madda. Adwokatyň statusyna eýe bolmak

 

1. Şular adwokatyň statusyna eýe bolýarlar:

1) Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berlen hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamany alan we welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalygyna giren şahs;

2) şu Kanunyň 12-nji maddasyna laýyklykda ýuridik maslahathanasynda hünär tälimini alyp, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hünär synagyndan geçen we welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalygyna giren şahs.

Şu bölegiň 2-nji bendine laýyklykda adwokatyň statusyna eýe bolan şahslarda adwokatyň statusy onuň diňe ýuridik maslahathanalarda işlän döwründe saklanýar.

2. Hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama ýokary ýuridik bilimli we hukuk hünäri boýunça azyndan iki ýyl üznüksiz iş döwri bolan şahslara berlip bilner.

Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýalary we ýuridik maslahathanalary tarapyndan hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamanyň alynmagy talap edilmeýär.

3. Hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan berilýär we bellige alynýar.

 

10-njy madda. Hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama bermekden ýüz dönderilmegi, onuň hereketiniň togtadylmagy, dikeldilmegi we onuň gaýtadan resmileşdirilmegi

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama bermekden ýüz dönderilip ýa-da ygtyýarnamanyň hereketi togtadylyp bilner.

2. Hukuk kömegini bermäge berlen ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren ýagdaýlar aradan aýrylan halatynda, onuň hereketiniň dikeldilmegi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Ygtyýarlylandyrylanyň guramaçylyk-hukuk görnüşi, onuň ady ýa-da ýuridik salgysy üýtgän halatynda ýgtyýarnama Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gaýtadan resmileşdirilmäge degişlidir.

4. Ygtyýarnama bermekden ýüz dönderilendigi ýa-da onuň hereketiniň togtadylandygy barada Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

5. Hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama bermekden ýüz dönderilenden azyndan alty aý geçenden soň, ygtyýarnamanyň berilmegi hakynda gaýtadan ýüz tutulyp bilner.

 

11-nji madda. Hukuk kömegini bermäge berlen ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy

 

1. Hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy kazyýet ýa-da Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan şu aşakdaky halatlarda amala aşyrylýar:

1) ygtyýarlylandyrylan tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň bozulmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlaklylygyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, daşky gurşawa zyýan ýetirse;

2) ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky çözgüdiň bikanunlygy ýüze çykarylsa;

3) ygtyýarlylandyrylan tarapyndan senenama ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygynda bellenilen ygtyýarnama talaplary we şertleri iki we şondan köp gezek bozulsa;

4) ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalar bellenilen möhletde düzedilmese;

5) ygtyýarlylandyrylan döwlet pajyny bellenilen möhletlerde tölemedik bolsa.

2. Ýokarda görkezilen esaslar boýunça ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy barada kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

12-nji madda. Adwokatyň hünär tälim alyjysy

 

1. Adwokatyň hünär tälim alyjylary ýokary ýuridik bilimli, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary bolup bilerler.

2. Hünär tälim alyjylar adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň çözgüdi esasynda adwokatlyk işi boýunça iş tejribesi bäş ýyldan az bolmadyk adwokatlarda hünär tälimini alty aýdan bir ýyla çenli möhlet bilen geçýärler.

3. Hünär tälim alyjy adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyryp bilmeýär we adwokatyň syryny saklamaga borçludyr.

4. Hünär tälim alyjy hökmünde işlenilen döwür hukuk hünäri boýunça iş döwrüne goşulýar.

5. Hünär tälimini almagyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň adwokatlar konferensiýasy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

13-nji madda. Adwokatyň ygtyýarlyklary

 

1. Adwokat kömek berilmegini sorap ýüz tutana zerur bolan ýuridik kömegi berýär.

2. Adwokat her bir iş boýunça öz ygtyýarlyklaryny adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan hasaba alnyp berlen orderi bilen tassyklaýar. Orderiň görnüşi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

3. Adwokatyň aşakdakylara hukugy ýokdur:

1) ýuridik kömegi bermegi sorap özüne ýüz tutandan göz-görtele bikanun tabşyrygy kabul etmäge;

2) ýuridik kömegi bermegi sorap özüne ýüz tutandan şeýle halatlarda tabşyryk almaga, eger ol:

ynanyjy bilen baglaşylan ylalaşygyň mazmuny boýunça şol adamyň bähbidinden başga, aýratyn bähbidi bar bolsa;

işe kazy, prokuror, sülçi, anyklaýjy, bilermen, hünärmen, terjimeçi hökmünde gatnaşan bolsa, şu iş boýunça ol jebir çeken ýa-da şaýat bolýan bolsa, şeýle hem ol wezipeli adam bolup, şol adamyň bähbidine çözgüt kabul etmek onuň ygtyýarlygyna girýän bolsa;

şol adamyň işini derňemäge ýa-da oňa seretmäge gatnaşan ýa-da gatnaşýan wezipeli adam, jebir çeken bilen garyndaşlyk ýa-da maşgala gatnaşyklarynda durýan bolsa;

bähbitleri şol adamyň bähbidine garşy gelýän ynanyja şol bir iş boýunça ýuridik kömegi berýän ýa-da ozal beren bolsa;

3) ynanyjynyň kesekiniň günäsini öz üstüne alyp, özüni nähak aýyplap durandygyna adwokatyň göz ýetiren halatyndan başga ýagdaýlarda iş boýunça ynanyjynyň erk-islegine garşy ýörelgäni eýelemäge;

4) ynanyjynyň günäsiniň subut edilendigi hakynda, eger ol günäsini inkär edýän bolsa, açyk beýan etmäge;

5) ynanyjynyň özüne ýuridik kömegiň berlendigi bilen baglylykda beren maglumatlaryny ynanyjynyň razylygy bolmazdan aýan etmäge;

6) özüne kabul eden goragyndan ýüz döndermäge, muňa goralýanyň biriniň bähbitleriniň onuň beýleki goralýanyň bähbitlerine garşy gelýän halatlary ýa-da olaryň görkezmeleriniň arasynda garşylyk bar halatlary girmeýär.

 

14-nji madda. Adwokatyň hukuklary we borçlary

 

1. Adwokatyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) ýuridik kömegi bermek üçin (döwlet ýa-da gaýry syrlar toparyna degişli bolmadyk) maglumatlary ýygnamaga, şol sanda döwlet edaralaryndan, häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, şeýle hem beýleki guramalardan güwänamalary, häsiýetnamalary we ýerine ýetirýän tabşyrygyna degişli beýleki resminamalary sorap almaga. Görkezilen edaralar, guramalar we şol edaralaryň, guramalaryň wezipeli adamlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde adwokata onuň soran resminamalaryny ýa-da olaryň tassyklanan nusgalaryny bermäge borçludyrlar;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde subutnama hökmünde ykrar edilip bilinjek närseleri we resminamalary toplamaga we bildirmäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik kömegi bermek bilen baglanyşykly meseleleri düşündirmek üçin hünärmenleri şertnama esasynda çagyrmaga;

4) özüne ynanyjy bilen ikiçäk, ýaşyrynlygy saklamak şertlerinde (şol sanda, onuň tussaglykda saklanylýan döwründe) duşuşyklaryň sanyny we olaryň dowamlylygyny çäklendirmezden duşuşmaga;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýuridik kömegi bermek bilen bagly işiň materiallary bilen tanyşmaga, olardan maglumatlary göçürip almaga;

6) Türkmenistanyň çäklerinde, şeýle hem onuň çäginden daşarda, eger bu kabul edilen tabşyrygyň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolsa we degişli döwletiň kanunçylygyna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna garşy gelmeýän bolsa, adwokatlyk işi bilen meşgullanmaga;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki hereketleri amala aşyrmaga.

2. Adwokat şu aşakdakylara borçludyr:

1) ynanyjynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik ähli serişdeler arkaly dogruçyl we päk wyždanly goramaga;

2) anyklaýyş, deslapky derňew edaralarynyň, prokuroryň, kazynyň ýa-da kazyýetiň bellemegi boýunça jenaýat kazyýet önümçiligine hukuk taýdan goraýjy hökmünde adwokatyň hökmany gatnaşmalydygy hakynda Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygynyň bildirýän talaplaryny berjaý etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryna şu Kanunda we Türkmenistanyň kanunçylygynda görkezilen beýleki halatlarda ýuridik kömegi tölegsiz bermäge;

3) öz bilimini yzygiderli kämilleşdirmäge we öz hünärini ýokarlandyrmaga;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny, hünär taýdan kämil alyp barmagyň kadalaryny we adwokatlyk syryny saklamagy berjaý etmäge;

5) işinde we ynanyjylar bilen gatnaşykda ýokary medeniýetliligi berjaý etmäge, adwokatlyk etikasyny saklamaga.

3. Adwokat özüniň hünär borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmändigi üçin şu Kanunda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýär. Hünär borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da göwnejaý ýetirmändigi sebäpli ynanyja günäli maddy (ýitgi, şol sanda elden giderilen peýda) we ahlak zyýan ýetirilen halatynda adwokatyň jogapkärçiligi hak isleýiş tertipde kazyýet tarapyndan kesgitlenýär.

 

15-nji madda. Adwokatlyk etikasy

 

Professional işini amala aşyranda adwokat şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde öz borçlaryny päk ýürekli ýerine ýetirmelidir, adwokatlyk syryny şahsy maksady, beýleki şahslaryň betnebis we başga bähbitleri üçin ulanmaly däldir, hukuklary goramak boýunça professional işi bilen bir ýere sygyşmaýan hereketlere, adamyň namysyny we mertebesini kemsidýän gödek, göwne degýän şözleri aýtmaga ýol bermeli däldir, tabşyryklary ýerine ýetirende özüni alyp barşynda sypaýy bolmalydyr hem-de welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan kabul edilen adwokatlaryň özüni alyp baryş düzgüni baradaky Düzgünnamada bellenilen adwokatlyk etikasynyň beýleki düzgünlerini berjaý etmelidir.

 

16-njy madda. Adwokatlyk syry

 

1. Adwokatyň ynanyja beren ýuridik kömegi bilen baglanyşykly alan ynanyjynyň äşgär edilmegini islemeýän islendik maglumatlary adwokatlyk syry bolup durýar.

2. Ýuridik kömegi bermek bilen baglylykda özüne mälim bolan we adwokatlyk syry bolup durýan maglumatlary aýan etmäge, şeýle hem olary özüniň bähbitleri hem-de başga şahslaryň bähbitleri üçin ulanmaga adwokatyň hukugy ýokdur.

3. Döwlet syrlary toparyna degişli ýa-da döwletiň milli howpsuzlyk bähbitlerine ýa-da jemgyýetçilik howpsuzlygyna dahylly maglumatlar adwokatlyk syryna degişli edilip bilinmez.  

4. Ynanyjynyň razylygy bolmazdan, adwokatlyk syryna degişli maglumatlary ýaýradan adwokat Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

 

17-nji madda. Adwokatlyk işiniň kepillikleri

 

1. Adwokatyň hünär hukugy, abraýy we mertebesi kanun tarapyndan goralýar.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda adwokatyň ýuridik kömegini bermek bilen baglylykdaky hereket etmek erkinligi çäklendirilip bilinmez.

3. Adwokatdan özüniň adwokatlyk işi boýunça borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglylykda, şu Kanunyň 16-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen ýagdaýlardan başga halatlarda, oňa mälim bolan ýagdaýlar hakynda döwlet edaralary tarapyndan ýazmaça ýa-da dilden düşündirişler talap edilip bilinmez.

4. Adwokat Türkmenistanyň kanunçylygynyň çäklerinde özüniň käri boýunça alyp barýan wezipesini berjaý edýän halatynda beýan eden pikiri üçin, kazyýetde ýa-da hukuk goraýjy edaralaryň öňünde aýdan beýannamasy üçin, şeýle hem käri boýunça ykrar edilen borçlaryna we özüni alyp barmagyň kadalaryna laýyklykda amala aşyran islendik beýleki hereketleri üçin dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky kanun esasynda ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinmez.

5. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýan adwokatlyk işine gatyşylmagy ýa-da şol işe haýsydyr bir başga hili päsgelçiligiň berilmegi, şeýle hem adwokata hormat goýulmazlygy ýa-da onuň öz hünär borçlaryny ýerine ýetiren ýagdaýynda kemsidilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

6. Adwokat we onuň maşgala agzalary döwlet tarapyndan goralýar hem-de olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek döwlet tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär.

 

III bap. Adwokatlyk işiniň guralyşy

 

18-nji madda. Adwokatlyk işini guramagyň görnüşleri

 

1. Adwokatyň öz işini adwokatlar kollegiýasynyň düzüminde ýuridik maslahathananyň üsti bilen amala aşyrmaga, beýleki adwokatlar bilen bilelikde adwokatlar birleşigini döretmäge, şeýle hem adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrmaga hukugy bardyr.

 

19-njy madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy

 

1. Her bir welaýatyň, welaýat hukukly şäheriň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamany alan şahslaryň başlangyjy bilen adwokatlar kollegiýasynyň biri döredilip we hereket edip biler.

2. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy fiziki we ýuridik şahslara kämil ýuridik kömegi bermek üçin işleri guramak, adwokatyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini aramak hem-de goramak, şu Kanunda bellenilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek üçin döredilýän, garaşsyz, professional, öz-özüňi dolandyrýan we öz-özüňi maliýeleşdirýän jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.

3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy telekeçi däl ýuridik şahs bolup, onuň amala aşyrýan işi peýda almak maksady bilen bagly däldir.

4. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasyny döretmek üçin döwlet edaralarynyň ýörite rugsady talap edilmeýär. Esaslandyryjylaryň başlangyjy bilen welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy çagyrylýar, onda Tertipnama kabul edilýär hem-de adwokatlar kollegiýasynyň dolandyryş edaralary saýlanylýar. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy alwokatlar kollegiýalarynyň döredilmegine we işine ýardam bermelidir.

5. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy  Türkmenistanyň kanuçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alynmaga degişlidir. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alnandan we Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna ol barada maglumatlar bellenilen tertipde girizilenden soň, ýuridik şahsyň hukuklylygyna eýe bolýar. Adwokatlar kollegiýasyny hasaba almakdan ýüz dönderilmegi bir aýyň dowamynda kazyýete şikaýat edilip bilner.

6. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy özüniň adyna onuň döredilýän çägindäki dolandyryş-çäk düzüminiň adyny goşmalydyr.

7. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) adwokatlyk işini amala aşyranlarynda kollegiýanyň agzalaryna ýardam etmekden, hünär taýdan taýýarlykly kömek bermekden we olaryň hukuklaryny we hünär bähbitlerini goramakdan;

2) kollegiýanyň agzalarynyň işini maddy-tehniki we maglumat- habar taýdan üpjün etmekden;

3) ýuridik kömegi bermegi guramakdan;

4) adwokatlaryň hünär taýýarlygynyň synagyny geçirmekden;

5) adwokatlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan;

6) adwokatlaryň öz borçlaryny berjaý etmeklerine gözegçilik etmekden;

7) ilatyň arasynda kanunçylygy wagyz etmekden;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga wezipelerden.

8. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy adwokatlaryň ynanyjylar we üçünji taraplar bilen özara gatnaşygynda hem-de adwokatlar kollegiýasynyň esaslandyryjy resminamalarynda göz öňünde tutulan beýleki meseleler boýunça olaryň wekili bolup durýar.

9. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy ýuridik maslahathanalary döredýär.

10. Ýuridik maslahathanada işleýän adwokatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde durmuş ätiýaçlandyryşyndan peýdalanmaga bolan  hukuga eýedir.

 

20-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar  kollegiýasynyň Tertipnamasy

 

Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasy şulary göz öňünde tutmalydyr:

1) adwokatlar kollegiýasynyň adyny, ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýerini, işiniň maksatlaryny we wezipelerini;

2) adwokatlar kollegiýasynyň gurluşyny, ony döretmegiň tertibini, onuň edaralarynyň ygtyýarlyklaryny ;

3) adwokatlar kollegiýasynyň agzalygyna kabul etmegiň, agzalygy togtatmagyň hem-de ýatyrmagyň tertibini;

4) adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň hukuklaryny we borçlaryny;

5) ýuridik maslahathanalaryny döretmegiň we olaryň işiniň tertibini;

6) emlägi döretmegiň çeşmelerini, emlägi dolandyrmak hukugy we oňa erk etmegiň tertibini;

7) agzalyk tölegini tölemegiň tertibini;

8) adwokatlar tarapyndan berilýän tölegsiz ýuridik kömegi,şeýle hem anyklaýyş, deslapky derňew edaralarynyň, prokuroryň, kazynyň we kazyýetiň bellemegi boýunça berilýän ýuridik kömegi adwokatlaryň arasynda paýlamagyň tertibini;

9) adwokatlaryň hünär taýýarlyklylygynyň hünär synagyny geçmegiň tertibini;

10) adwokatlar kollegiýasynyň agzalaryna we adwokatlaryň hünär tälimini alyjylaryna höweslendirme çärelerini ulanmagyň, olary düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmegiň tertibini;

11) adwokatlar kollegiýasyny üýtgedip gurmagyň we ýatyrmagyň, Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmegiň tertibini;

12) adwokatyň hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamasyny ýatyrmak barada towakganama gozgamagyň tertibini;

13) welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki düzgünler hem bolup biler.

 

21-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar  kollegiýasynyň  edaralary

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň ýokary edarasy kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagy bolup durýar, ýolbaşçy ýerine ýetiriji edarasy – onuň prezidiumy, gözegçilik edarasy – derňew toparydyr.

2. Tertipnamada göz öňünde tutulan halatlarda, welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynda adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan kabul edilen düzgünler esasynda hereket edýän beýleki edaralar hem döredilip bilner.

 

22-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň kollegiýanyň işiniň islendik meselelerini çözmäge hukugy bardyr.

2. Umumy ýygnagyň aýratyn ygtyýaryna şular degişlidir:

1) adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasyny we oňa üýtgetmeler girizmek hakyndaky çözgütleri kabul etmek;

2) prezidiumyň, derňew toparynyň agzalarynyň sanyny kesgitlemek, olary saýlamak we olaryň hasabatlaryny diňlemek;

3) Tertipnamada göz öňünde tutulan beýleki edaralary döretmek we olaryň ýolbaşçylaryny saýlamak, şol edaralar hakyndaky düzgünnamalary tassyklamak;

4) ýuridik maslahathanalary döretmek;

5) adwokatlar kollegiýasynyň edaralarynyň işi hakynda adwokatlar kollegiýasynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň hasabatlaryny diňlemek we olaryň işine baha bermek;

6) adwokatlar kollegiýasynyň serişdeleriniň emele gelmeginiň tertibini ýuridik maslahathanalaryň adwokatlary we kollegiýanyň beýleki agzalary üçin aýratynlykda kesgitlemek;

7) adwokatlar kollegiýasynyň emlägini dolandyrmagyň we erk etmegiň tertibini kesgitlemek;

8) adwokatlar kollegiýasynyň wezipe birliginiň düzümini, girdejileriň we çykdajylaryň smetasyny tassyklamak;

9) adwokatlar kollegiýasynyň edaralarynyň, ýolbaşçylarynyň çözgütlerine adwokatlar we raýatlar tarapyndan edilen şikaýatlara garamak;

10) adwokatlar kollegiýasynyň edaralarynyň ýolbaşçylaryny we agzalaryny möhletinden öň yzyna çagyrmak.

3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden iki bölegi bar wagtynda umumy ýygnagyň çözgütleri kabul etmäge hukugy bardyr. Umumy ýygnagyň ähli çözgütleri ýygnaga gatnaşýan adwokatlaryň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

4. Umumy ýygnak welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan ýylda azyndan bir gezek çagyrylýar. Derňew toparynyň ýa-da kollegiýanyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden bir böleginiň talap etmegi boýunça kollegiýanyň prezidiumynyň başlygy otuz günüň dowamynda nobatdan daşary umumy ýygnagy çagyrmaga borçludyr.

5. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasynda kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň beýleki meselelere garamak we çözgüt kabul etmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

23-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy gizlin ses bermek arkaly üç ýyllyk möhlete saýlanylýar. Prezidiumyň agzalygyna kollegiýada azyndan bäş ýyl agzalygy bolan adwokatlar saýlanyp bilner.

2. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy:

1) fiziki we ýuridik şahslara ýuridik kömegi bermek boýunça adwokatlar kollegiýasynyň işini guraýar;

2) umumy ýygnagy çagyrýar, umumy ýygnagyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

3) adwokatlaryň hünär we beýleki hukuklaryny we bähbitlerini goraýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenen tertipde hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama alan şahslary adwokatlar kollegiýasynyň agzalygyna kabul edýär, kollegiýanyň agzalygyndan çykarýar, adwokatlaryň hünär tälim alyjylarynyň taýýarlygyny guraýar;

5) adwokatlara işde gazanan üstünlikleri üçin höweslendirme çärelerini ulanýar;

6) adwokatyň hereketleri barada fiziki we ýuridik şahslardan gelip gowşan şikaýatlary (teklipnamalary) barlamak boýunça işleri guraýar;

7) adwokatlaryň düzgün-nyzamy bozandygy hakyndaky maglumatlara seredýär we düzgün-nyzam temmisini berýär;

8) adwokatlaryň hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamalaryny ýatyrmak barada towakganama gozgaýar;

9) adwokatlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak işini guraýar;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde adwokatlaryň hünär taýýarlyklylygynyň hünär synagyny geçirýär;  

11) adwokatlaryň oňyn iş tejribesini öwrenýär, umumylaşdyrýar we ony Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde ýaýradýar;

12) kodifikasiýa işini guraýar, Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde adwokatlyk işiniň meseleleri boýunça usuly gollanmalary, teklipleri işläp taýýarlaýar we neşir edýär;

13) ýuridik maslahathanalaryň müdirlerini wezipä belleýär we olary wezipeden boşadýar;

14) görnüşi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylan adwokatyň şahsyýetnamasyny berýär;

15) adwokatlar kollegiýasynyň serişdelerine Tertipnama we umumy ýygnak tarapyndan kesgitlenilen tertipde erk edýär;

16) buhgalteriýa hasabatynyň, maliýe we statistik hasabatlylygyň hem-de iş ýöredişiň alnyp barlyşyny guraýar;

17) adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň aýratyn ygtyýaryna degişli meselelerden başga, adwokatlar kollegiýasynyň işiniň beýleki meselelerini çözýär.

3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy öz düzüminden açyk ses bermek arkaly prezidiumyň başlygyny we onuň orunbasarlaryny saýlaýar.

 

24-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar  kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygy we  onuň ygtyýarlyklary

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlyklygyna, saýlanylan gününe çenli adwokatlar kollegiýasynda azyndan bäş ýyl agza bolup duran adwokat saýlanylyp bilner.

2. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygy kollegiýanyň Tertipnamasyna laýyklykda:

1) prezidiumyň işini guraýar, onuň mejlislerine ýolbaşçylyk edýär we prezidiumyň, kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

2) prezidiumda garamak üçin degişli meseleleri taýýarlaýar we olary prezidiumyň garamagyna hödürleýär;

3) prezidiumyň işine ýolbaşçylyk edýär, kollegiýanyň edaralaryna işgärleri kabul etmegi we olary işden boşatmagy amala aşyrýar;

4) adwokatlaryň hereketlerine edilen şikaýatlaryň barlagyny guraýar hem-de prezidiumyň garamagyna degişli teklipleri girizýär;

5) döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde, beýleki guramalarda we edaralarda adwokatlar kollegiýasyna wekilçilik edýär, olar we raýatlar bilen hat alyşmagy ýöredýär.

3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygynyň başga ygtyýarlyklary adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasy arkaly kesgitlenilýär.

 

25-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň derňew topary

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň derňew topary onuň gözegçi derňew edarasy hasaplanylýar.

2. Derňew topary adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan gizlin ses bermek arkaly üç ýyl möhlete saýlanylýar.

3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň derňew topary öz düzüminden açyk ses bermek arkaly derňew toparynyň başlygyny saýlaýar.

4. Derňew topary adwokatlar kollegiýasynyň maliýe-hojalyk işine derňew geçirýär.

 

26-njy madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar  kollegiýasyna agzalyk

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň düzüminde adwokatlyk işi bilen meşgullanmaga bolan hukuk şu Kanunyň 9-njy maddasynda göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelýän şahslarda döreýär.

2. Adwokatlar kollegiýasynyň agzasy kollegiýanyň Tertipnamasyny ykrar etmelidir.

3. Adwokat welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasyndan çykarylan, ýöne hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamasyny ýitirmeýän ýagdaýynda, kollegiýadan çykarylanyna alty aý geçenden soň, kollegiýanyň agzalygyna täzeden kabul edilip bilner. Şol döwürde oňa adwokatlyk işini amala aşyrmak gadagan edilýär.

 

27-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň hukuklary

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy şulara hukuklydyr:

1) kollegiýa, onuň edaralary hem-de wezipeli adamlary tarapyndan berilýän hünär kömeginden, ýardamyndan we goragyndan peýdalanmaga;

2) adwokatlar kollegiýasynyň edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga;

3) adwokatlar kollegiýasynyň edaralarynyň öňünde onuň işine degişli meseleleri goýmaga, kollegiýanyň we onuň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri girizmäge, ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we çözgütleri kabul etmäge gatnaşmaga, adwokatlar kollegiýasynyň edaralarynyň wezipeli adamlaryndan olaryň işi barada resminamalaryň we maglumatlaryň berilmegini talap etmäge;

4) kollegiýanyň edarasy tarapyndan özüniň işi we özüni alyp barşy barlanylan we ara alnyp maslahatlaşylan halatlaryň ählisine hut özi gatnaşmaga;

5) adwokatlar kollegiýasynyň emläginden we maglumat-habar beriş gorlaryndan onuň Tertipnamasynda kesgitlenilýän tertipde we şertlerde peýdalanmaga;

6) kollegiýanyň düzüminden öz islegi boýunça çykmaga.

2. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary özleriniň hukuklary we borçlary boýunça deňdirler.

 

28-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň borçlary

 

Şu Kanunyň 14-nji maddasynda göz öňünde tutulan adwokatyň umumy borçlaryndan başga-da, welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy şulara borçludyr:

1) adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasynyň talaplaryny berjaý etmäge;

2) adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň we onuň edaralarynyň çözgütlerini ýerine ýetirmäge;

3) kollegiýanyň emlägini aýawly saklamaga;

4) wagtynda agzalyk tölegini tölemäge;

5) adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumyna öz işleri barada hasabat bermäge.

 

29-njy madda. Ýuridik maslahathana

 

1. Ýuridik kömegi bermek boýunça işi guramak maksady bilen welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy etraplarda, etrap hukukly şäherlerde ýuridik maslahathanalary döredýär.

2. Ýuridik maslahathananyň ýerleşmeli ýerini welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşmak arkaly kesgitleýär.

3. Ýuridik maslahathana welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň düzüm birligi bolup durýar. Ýuridik maslahathananyň öz ady we haýsy adwokatlar kollegiýasyna degişlidigi, ýuridik kömegi bermegi guramak üçin zerur bolan beýleki tapawutlandyryjy alamatlary aňladylan möhri hem-de möhürçesi bolýar. Ýuridik maslahathana kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan kabul edilen Düzgünnama esasynda hereket edýär.

4. Ýuridik maslahathana welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.

 

30-njy madda. Adwokatlyk işini bilelikde amala aşyrmak

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň ýuridik maslahathanalarynda işlemeýän adwokatlar fiziki we ýuridik şahslara ýuridik kömegi bermek maksady bilen birleşip, Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda birleşikleriň haýsydyr bir görnüşini döredip bilerler.

2. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokatlar, Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda, özara hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşyp, ynanyjylara bilelikde ýuridik kömegi berip bilerler. Şertnama ýönekeý ýazmaça görnüşde baglaşylyp, onda şertnamanyň möhleti, ýuridik kömegi bermegiň tertibi, beýleki ýagdaýlar görkezilmelidir.

 

31-nji madda. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrmak

 

1. Adwokat adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyryp biler.

2. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokat welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumyna özi barada maglumatlary ibermäge borçludyr. Ol maglumatlar adwokatlyk işini amala aşyrmak bilen, ynanyjylary kabul edýän ýeriniň anyk poçta, telefon, telegraf, elektron salgysy we bankdaky hasaplaşyk hasaby baradaky maglumatlardan ybaratdyr.

3. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokat Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bankda hasaplaşyk hasabyny açýar we ýuridik kömegi üçin  edilýän tölegler şol hasaplaşyk hasabyna tölenmelidir.

4. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasyndaky ýuridik kömek baradaky her bir baglaşylan şertnama adwokat tarapyndan ýöredilýän resminamalarda hasaba alynmaga degişlidir.

5. Adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrýan adwokat adwokatlyk işini amala aşyrmak üçin özüniň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň hususy eýeçiligine degişli ýaşaýyş jaýlary olaryň razylygy bilen ulanyp biler. Onuň adwokatlyk işini amala aşyrmak üçin ulanýan jaýy özi we özüniň maşgala agzalary tarapyndan kärendä ýa-da kireýine alynýan ýagdaýynda, jaýy adwokatlyk işini amala aşyrmak üçin ulanmak kärendä berijiniň, kireýne alyjynyň we kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň razylygy bilen amala aşyrylýar.

 

32-nji madda. Adwokatlaryň konferensiýasy

 

1. Türkmenistanyň adwokatlarynyň konferensiýasy Türkmenistanyň adwokatlarynyň wekilleriniň ýygnagy bolup durýar, ol, zerur bolşuna görä, azyndan iki ýylda bir gezek welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýalarynyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň başlangyjy bilen çagyrylyp bilner. Adwokatlaryň konferensiýasy adwokatlyk işiniň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, adwokatlaryň işiniň hilini ýokarlandyrmagyň, adwokatlaryň hünär tälim alyjylarynyň hünär tälimini almagynyň tertibiniň we şertleriniň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, adwokatlyk etikasyny, welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň mysaly Tertipnamasyny işläp düzmäge, adwokatlar kollegiýalarynyň Tertipnamalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça maslahatlary bermäge, adwokatlyk işiniň oňyn tejribesini ýaýratmak barada çözgütleri kabul etmäge ygtyýarlydyr.

Türkmenistanyň adwokatlar konferensiýasynyň adwokatlyk işine degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak üçin işçi toparlaryny döretmäge hukugy bardyr.

2. Türkmenistanyň adwokatlar konferensiýasyna hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri, şonuň ýaly-da hukukçy-alymlar hem çagyrylyp bilner.

3. Türkmenistanyň adwokatlar konferensiýasyny çagyrmagyň we onuň işiniň, oňa wekilligiň tertibi öz tassyklaýan Düzgünnamasy bilen kesgitlenilýär.

 

33-nji madda. Adwokatlaryň hereketleriniň üstünden şikaýat edilmegi

 

Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň  adwokatlyk işi boýunça öz borçlaryny amala aşyrmagy bilen baglylykdaky hereketlerine edilen şikaýatlara ýuridik maslahathanalaryň müdirleri, beýleki adwokatlar birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan seredilýär.

 

IV bap. Höweslendirme çäreleri we düzgün-nyzam

jogapkärçiligi

 

34-nji madda. Adwokatlary höweslendirme çäreleri

 

1. Adwokata hünär borçlaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünligi üçin welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň ýa-da kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň karary esasynda höweslendirme çäreleri ulanylyp bilner.

2. Höweslendirme çäreleri hökmünde aşakdakylar ulanylyp bilner:

1) minnetdarlyk bildirmek;

2) birwagtlaýyn baýrak bermek;

3) gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak;

4) hormat haty bilen sylaglamak.

3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasynda höweslendirmegiň beýleki çäreleri hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

35-nji madda. Adwokatlaryň düzgün-nyzam jogapkärçiligi

 

1. Adwokat şu Kanunyň, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasynyň talaplaryny bozandygy üçin düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilip bilner.

2. Düzgün-nyzam önümçiligi bilen baglanyşykly meseleler welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň ygtyýaryna degişlidir. Düzgün-nyzam temmisi gös-göni etmiş ýüze çykandan soň bir aýdan gijä goýman, ýöne şol etmiş edilenden alty aý geçmedik bolsa, adwokatyň kesel bolan wagtyny ýa-da onuň zähmet rugsadynda bolan wagtyny hasaba almazdan,  berilýär.

 

36-njy madda. Düzgün-nyzam temmi çäreleri

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan berilýän düzgün-nyzam temmi çäreleri şulardan ybarat:

1) duýduryş;

2) käýinç;

3) berk käýinç;

4) kollegiýanyň agzalygyndan çykarmak.

2. Düzgün-nyzam temmisi berleninde, edilen etmişiň agyrlygy, ol amala aşyrylan halatyndaky ýagdaýlar, adwokatyň şondan öňki işleýşi we özüni alyp barşy göz öňünde tutulmalydyr.

3. Düzgün-nyzam temmileriniň şu Kanunda göz öňünde tutulan çäreleri, olary bermegiň, aýyrmagyň we olaryň üstünden şikaýat etmegiň tertibi adwokatlaryň hünär tälimini alyjylaryna hem degişli edilýär.

 

37-nji madda. Düzgün-nyzam temmisini bermegiň tertibi

 

1. Adwokatyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky iş welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy, kollegiýanyň prezidiumy ýa-da prezidiumyň başlygy tarapyndan gozgalyp bilner.

2. Düzgün-nyzam etmişi hakynda işe seredilýänçä welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygy adwokatdan ýazmaça düşündiriş talap etmelidir, onuň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmeginiň esaslaryny barlamalydyr we ony düzgün-nyzam işiniň maglumatlary bilen tanyşdyrmalydyr.

3. Düzgün-nyzam etmişi baradaky işe, jogapkärçilige çekilýän adwokatyň gatnaşmagynda, welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan seredilýär. Adwokatyň esassyz sebäplere görä gaýtadan gelmezligi düzgün-nyzam etmişi hakyndaky işiň seredilmegine päsgelçilik bermeýär.

4. Adwokatyň kollegiýadan çykarylmagyna getirip biljek etmişi edendigi hakynda şaýatlyk edip biljek deliller bolan halatynda, aýratyn halatlarda, degerli esaslar bar wagtynda mesele gutarnykly çözülýänçä, adwokaty işden çetleşdirmäge prezidiumyň hukugy bardyr.

 

38-nji madda. Düzgün-nyzam temmisini bermek hakyndaky kararyň üstünden şikaýat etmek

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň düzgün-nyzam temmisini bermek hakyndaky kararynyň üstünden düzgün-nyzam temmisini bermek baradaky kararyň göçürilen nusgasyny alan gününden başlap, bir aý möhletiň dowamynda kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagyna şikaýat edilip bilner.

2. Düzgün-nyzam temmisini bermek tertibinde welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasyndan çykarylanda şikaýat etmek şu Kanunyň 41-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda geçirilýär.

 

39-njy madda. Düzgün-nyzam temmisini aýyrmagyň tertibi

 

1. Eger adwokat düzgün-nyzam temmisi berlen gününden başlap, bir ýylyň dowamynda täze düzgün-nyzam temmisine sezewar edilmedik bolsa, onda ol düzgün-nyzam temmisi berilmedik hasap edilýär.

2. Eger adwokat özüniň düzelendigini hünär borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirýändigi we özüni birkemsiz alyp barýandygy bilen subut etse, onda welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy ýa-da kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagy oňa berlen düzgün-nyzam temmisini möhletinden öň hem aýryp biler.

Düzgün-nyzam temmisini möhletinden öň aýyrmak welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygynyň, ýuridik maslahathananyň müdiriniň, beýleki adwokatlar birleşiginiň ýolbaşçysynyň haýyşnamasy boýunça geçirilip bilner.

 

40-njy madda. Adwokatlara jemgyýetçilik täsir ediş çäresini ulanmak

 

Adwokat tarapyndan düzgün-nyzam etmişi edilen halatynda welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygy, edilen etmişiň häsiýetini nazara alyp, adwokaty düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmezden, oňa jemgyýetçilik täsir ediş çäresini ulanmak üçin maglumatlary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagyna, ýuridik maslahathananyň adwokatlarynyň ýa-da beýleki adwokatlar birleşiginiň agzalarynyň ýygnagyna iberip biler.

 

41-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynda agzalygyň bes edilmegi

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy adwokaty kollegiýadan şeýle ýagdaýlarda çykaryp biler:

1) hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamanyň ýatyrylan halatynda;

2) adwokat tarapyndan adwokatlyk işi hakyndaky kanunçylygyň gödek bozulan ýa-da onuň öz borçlaryny yzygiderli ýerine ýetirmedik halatynda;

3) adwokat tarapyndan adwokatyň statusy bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş edilen halatynda;

4) adwokatyň hünär derejesiniň ýeterlik bolmandygy sebäpli, özüniň kär borçlaryny ýerine ýetirmegi mümkin bolmadyk halatynda  ýa-da hünär taýýarlyklylygynyň hünär synagynyň netijesi kanagatlanarsyz bolanda;

5) adwokatyň saglyk ýagdaýy zerarly, kär borçlaryny ýerine ýetirmeginiň mümkin däldigi aýan bolanda;

6) döwlet gullugyna kabul edilende ýa-da telekeçilik işini ýöredende;

7) agzalyk tölegini yzygiderli tölemese;

8) adwokatda Türkmenistanyň raýatlygy ýatyrylan ýa-da adwokatyň Türkmenistanyň çäginden hemişelik ýaşamak üçin çykyp giden halatynda;

9) kollegiýanyň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Adwokatlar kollegiýasynyň agzalygyndan çykarmak hakynda  prezidiumyň kararynyň nusgasy oňa berlen gününden başlap, bir aýyň dowamynda kazyýete şikaýat edilip bilner.

3. Adwokat adwokatlar kollegiýasy bilen zähmet gatnaşyklaryny öz başlangyjy (öz islegi) boýunça bes edip biler.

 

V bap. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar

kollegiýasynyň serişdeleri. Adwokatlyk işine kömek

 

42-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň serişdeleri we olaryň harçlanylyşy

 

1. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň serişdeleri ýuridik maslahathanalaryň adwokatlaryna hukuk kömegi üçin tölenýän töleglerinden bölünip goýberilýän serişdelerden we kollegiýanyň beýleki agzalarynyň agzalyk töleglerinden emele gelýär.

2. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň gaznasyna bölünip goýberilýän serişdeleriň we agzalyк tölegiň möçberi kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan bellenilýär, ýöne ol adwokatlar kollegiýasyna gelip gowşan adwokatlaryň alan tölegleriniň otuz göteriminden ýokary bolmaly däldir.

3. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň serişdelerini harçlamak işi kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanylan çykdajylar smetasyna laýyklykda geçirilýär.

4. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan möçberde serişdeleri geçirýär.

5. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň işgärleriniň wezipe sanawlary, wezipe aýlyk haklary, zähmet haky gaznasy hem-de girdejiler we çykdajylar smetasy maliýe edaralarynda bellige alynmaga degişli däldir.

 

43-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligi

 

Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligi adwokatlar kollegiýasynyň serişdelerinden amal edilýär.

 

44-nji madda. Adwokatlyk işine guramaçylyk-usuly taýdan kömek

 

1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň işine guramaçylyk-usuly kömegi berýär we olaryň işini utgaşdyrýar.

2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) adwokatlar kollegiýalary tarapyndan adwokatlaryň işi hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine barlagy amala aşyrýar;

2) adwokatlyk işiniň meseleleri boýunça gollanmalary we usuly maslahatlary neşir edýär;

3) adwokatlar kollegiýalarynyň prezidiumlarynyň başlyklarynyň kollegiýalaryň işi baradaky maglumatlaryny alýar we seljerýär;

4) adwokatlaryň özlerine Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan berlen hukuklaryndan doly peýdalanmaklary we olaryň üstüne ýüklenilen borçlaryny dogry berjaý etmekleri üçin şertleriň döredilmegine ýardam edýär;

5) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp, Ýuridik maslahathananyň adwokatlary tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin töleg hakynda Gözükdirmäni tassyklaýar;

6) hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamany almaga dalaşgärleriň we ýuridik maslahathanalarda hünär tälimini alan hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny geçirýär;

7) hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamany berýär;

8) adwokatlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmekde adwokatlar kollegiýalaryna kömek berýär, maglumat-habar beriş gorlaryny we kadalaşdyryjy hukuk namalary berýär;

9) adwokatlar kollegiýalarynyň işini amaly taýdan umumylaşdyrýar, olaryň işiniň oňyn tejribeleriniň ýaýradylmagyny guraýar;

10) adwokatlar kollegiýalarynyň prezidiumyna aýry-aýry adwokatlary düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek hakynda teklipnama bilen ýüzlenýär;

11) adwоkatlaryň professional işi bilen baglanyşykly yzarlanylmagyndan, hukuklarynyň esassyz çäklendirilmeginden, olara howp salynmagyndan goramak babatda çäreler görýär;

12) adwokatyň şahsyýetnamasynyň görnüşini tassyklaýar;

13) adwokatlar kollegiýasyna guramaçylyk-usuly kömegi bermek bilen baglanyşykly beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

45-nji madda. Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň beýleki döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşyklary

 

Welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasy adwokaturanyň wezipelerini amala aşyranda döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen aragatnaşyk saklaýar, Türkmenistanyň kanunçylygy barada wagyz-nesihat işlerini amala aşyrýar.

 

46-njy madda. Adwokatlaryň bileleşigi

 

1. Adwokatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde adwokatlaryň umumydöwlet bileleşigini döretmäge we onuň agzalary bolmaga hukugy bardyr.

2. Adwokatlaryň umumy döwlet bileleşigi adwokatlyk işini kämilleşdirmek, adwokatura institutynyň garaşsyzlygyny we öz-özüňi dolandyryşygy berkitmek, döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşiklеri bilen gatnaşyklary sazlaşdyrmak we ösdürmek, adwokatlaryň bähbitlerine wekilçilik etmek, adwokatlaryň hünär we durmuş hukuklaryny goramak, usuly işi amala aşyrmak, adwokatlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen döredilýär.

3. Adwokatlaryň umumydöwlet bileleşigi Türkmenistanyň Adwokatlar konferensiýasynyň çözgüdi esasynda döredilip bilner.

 

VI bap. Jemleýji düzgünler

 

47-nji madda. Adwokat statusynyň saklanyp galmagy

 

Türkmenistanyň çäginde şu Kanunyň güýje giren gününe çenli döredilen we hereket edýän welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýalarynyň adwokatlary şu Kanun kanuny taýdan güýje girenden soň hem özleriniň adwokat statuslaryny ýuridik maslahathanalarda işleýän döwründe hukuk kömegini bermäge ygtyýarnama almazdan saklaýarlar.

 

48-nji madda. Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanuny 2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizmeli.

 

Türkmenistanyň                                                      Gurbanguly

     Prezidenti                                                       Вerdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 10-njy maýy.

№ 105-IV.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 10.05.2010
Resminamanyň belgisi № 105-IV