Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksini (rejelenen görnüşi) tassyklamak we güýje girizmek hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksini (rejelenen görnüşi)

tassyklamak we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2009 ý., № 4, 77-nji madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksini (rejelenen görnüşi) tassyklamaly.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksini (rejelenen görnüşi) 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine (rejelenen görnüşi) laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine (rejelenen görnüşi) laýyk getirmelidir.

 

Türkmenistanyň     Gurbanguly

    Prezidenti Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2009-njy ýylyň 21-nji noýabry.

№ 74-IV

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 21.11.2009
Resminamanyň belgisi № 74-IV