Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2011 ý., № 4, 75-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 23.05.2015 ý. № 239-V, 20.03.2017 ý. № 534-V, 04.11.2017 ý.

№ 639-V we 01.12.2018 ý. № 107-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň, olaryň agzalarynyň we wezipeli adamlarynyň işiniň hukuk esaslaryny, tertibini we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary: welaýatda – welaýat halk maslahaty, welaýat hukukly şäherde – şäher halk maslahaty (mundan beýläk – welaýat halk maslahaty), etrapda – etrap halk maslahaty, etrap hukukly şäherde – şäher halk maslahaty (mundan beýläk – etrap, şäher halk maslahaty) döredilýär.

 

2-nji madda. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda kanunçylyk

 

Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3-nji madda. Halk maslahatlarynyň düzümi

 

Welaýat halk maslahatynyň düzümi 40 agzadan, etrap, şäher halk maslahatynyň düzümi 20 agzadan ybaratdyr.

 

4-nji madda. Halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyk möhleti

 

1. Halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

2. Halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary halk maslahatynyň täze çagyrylyşynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edilýänçä saklanylýar.

 

5-nji madda. Halk maslahatynyň agzalaryny saýlamagyň tertibi

 

1. Halk maslahatynyň agzalaryny saýlamagyň tertibi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi arkaly kesgitlenilýär.

2. Halk maslahaty möhletinden öň ýatyrylan halatynda Türkmenistanyň Mejlisi onuň ýatyrylan gününden üç aýdan gijä goýman halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmegi belleýär.

 

6-njy madda. Halk maslahatynyň işiniň esasy ýörelgeleri

 

1. Halk maslahatynyň işi meseleleri bileleşip çözmek, aýanlyk, jemgyýetçilik pikirini nazara almak, onuň düzümleriniň we wezipeli adamlarynyň halk maslahatynyň öňündäki jogapkärçilik, hasabatlylyk ýörelgelerine esaslanýar.

2. Halk maslahaty alyp barýan işleri hakynda ilaty habarly edýär.

 

61-nji madda. Halk maslahatlarynyň işine ýolbaşçylyk

 

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Halk Maslahaty amala aşyrýar.

 

II bap. Halk maslahatynyň işiniň guralyşy

 

7-nji madda. Halk maslahatynyň işiniň görnüşi

 

Halk maslahatynyň işi mejlis görnüşinde amala aşyrylýar.

 

8-nji madda. Halk maslahatynyň mejlisini çagyrmagyň we geçirmegiň tertibi

 

1. Halk maslahatynyň mejlisi zerur bolşuna görä, ýöne ýylda azyndan iki gezek halk maslahatynyň başlygy tarapyndan çagyrylýar. Şeýle hem halk maslahatynyň başlygy onuň agzalarynyň bellenen sanynyň ýarysyndan köpüsiniň talap etmegi bilen halk maslahatynyň mejlisini çagyrmaga borçludyr.

2. Halk maslahatynyň maslahatyna onuň agzalarynyň bellenen sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, onda ol ygtyýarlydyr.

3. Halk maslahatynyň mejlisine onuň özüniň bellän tertibinde döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem raýatlar çagyrylyp bilner.

4. Halk maslahatynyň täze çagyrylyşynyň birinji mejlisi halk maslahatynyň öňki çagyrylyşynyň başlygy tarapyndan çagyrylýar we saýlawlardan soň iki hepdäniň dowamynda geçirilýär. Halk maslahatynyň öňki çagyrylyşynyň başlygy mejlisi açýar we halk maslahatynyň täze çagyrylyşynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edilip hem-de halk maslahatynyň başlygy saýlanylýança mejlisi alyp barýar.

5. Halk maslahatynyň mejlisinde teswirnama ýöredilýär we oňa halk maslahatynyň başlygy we halk maslahatynyň mejlisiniň kätibi gol çekýär.

6. Halk maslahatynyň mejlisleri hakyndaky habar, onuň kabul eden kararlary ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

 

9-njy madda. Halk maslahatynyň kararlary

 

1. Halk maslahaty öz ygtyýarlyklarynyň çäginde kararlary kabul edýär.

2. Halk maslahatynyň kararlary onuň agzalarynyň bellenen sanynyň ýönekeý köplüginiň açyk ses bermegi arkaly kabul edilýär.

 

10-njy madda. Halk maslahatynyň kararlarynyň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy

 

Halk maslahatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna ters gelýän kararlaryny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

11-nji madda. Halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipä saýlamak

 

1. Halk maslahatynyň başlygy, onuň orunbasary halk maslahatynyň agzalaryndan onuň mejlisinde açyk ses bermek arkaly halk maslahatynyň agzalarynyň bellenilen sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar.

2. Halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipesinden boşatmak baradaky meselä:

1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň teklibi boýunça;

2) halk maslahatynyň agzalarynyň azyndan üçden bir böleginiň teklibi boýunça halk maslahatynyň mejlisinde garalyp bilner.

Şeýle hem etrabyň, şäheriň halk maslahatynyň başlygyny, başlygyň orunbasaryny wezipesinden boşatmak baradaky meselä degişli welaýatyň halk maslahatynyň teklipnamasy esasynda garalyp bilner.

Halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipesinden boşatmak hakynda karar açyk ses bermek arkaly halk maslahatynyň agzalarynyň bellenilen sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

3. Halk maslahatynyň başlygyny, onuň orunbasaryny wezipesinden boşatmak üçin şular esas bolup durýar:

1) öz borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmezligi;

2) wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan işlere baş goşmagy;

3) saglyk ýagdaýy sebäpli özüniň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bolmazlygy;

4) şahsy haýyşy;

5) halk maslahatynyň agzalygyndan çykmagy;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki esaslar.

 

III bap. Halk maslahatynyň, halk maslahatynyň başlygynyň, onuň orunbasarynyň ygtyýarlyklary

 

12-nji madda. Halk maslahatynyň ygtyýarlyklary

 

1. Halk maslahatynyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň, welaýat hem-de degişli halk maslahatynyň namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

2) ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň degişli çäkde ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşmak;

3) ýerli býujeti we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklamak;

4) çägi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek çygrynda amala aşyrylýan işler barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňlemek;

5) degişli çäkde jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilmegini, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ilatyň durmuş ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny üpjün etmek, raýatlaryň tekliplerini öwrenmek we olary degişli edaralara bermek;

6) halk maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hem-de şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda olaryň ygtyýarlyklaryny ýatyrmak;

7) welaýat ýa-da etrap hukukly şäheriň kwartallaryna, şaýollaryna, köçelerine, meýdançalaryna, seýilgählerine we gaýry düzüm böleklerine at dakmak, adyny üýtgetmek hakynda häkime teklip girizmek;

8) öz çägindäki ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine ýardam etmek;

9) Türkmenistanyň kanunçylyk namalary bilen halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek.

2. Welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan bellenilen tertipde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini gizlin ses bermek arkaly saýlaýarlar.

3. Eger degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary öz borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmese, halk maslahatynyň ony wezipesinden boşatmak hakyndaky meseläni ýokarda durýan edaranyň öňünde goýmaga hukugy bardyr. Halk maslahatynyň bu baradaky karary onuň agzalarynyň bellenen sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen kabul edilýär.

 

13-nji madda. Halk maslahatynyň başlygynyň ygtyýarlyklary

 

1. Halk maslahatynyň başlygynyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:

1) halk maslahatyna we onuň edarasyna ýolbaşçylyk etmek;

2) halk maslahatynyň maslahatlaryna başlyklyk etmek;

3) halk maslahatynyň kararlaryna gol çekmek;

4) halk maslahatynyň kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

5) ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine ýardam bermegi guramak;

6) Türkmenistanyň kanunçylyk namalary bilen degişli edilen beýleki ygtyýarlyklary ýerine ýetirmek.

2. Welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň başlyklary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzasy bolup durýarlar.

3. Halk maslahatynyň başlygy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde buýruklar çykarýar.

 

14-nji madda. Halk maslahatynyň başlygynyň orunbasarynyň ygtyýarlyklary

 

Halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary öz ygtyýarlyklaryny borçlaryň paýlanyşyna we halk maslahatynyň başlygynyň tabşyryklaryna laýyklykda ýerine ýetirýär, halk maslahatynyň başlygy ýok ýa-da ol öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda başlygyň wezipelerini ýerine ýetirýär.

 

IV bap. Halk maslahatynyň agzasy

 

15-nji madda. Halk maslahatynyň agzasy

 

1. Halk maslahatynyň agzasy şulara hukuklydyr:

1) halk maslahaty tarapyndan döredilýän toparlara saýlamaga hem-de saýlanmaga;

2) mejlislerde ara alnyp maslahatlaşylýan meselelere garamagyň tertibi hem-de olaryň mazmuny barada teklipler girizmäge;

3) kararlaryň taslamalaryny we taslamalara düzedişleri halk maslahatynyň garamagyna girizmäge;

4) saýlawçylaryň (raýatlaryň) islegleri bilen bagly meseleleri halk maslahatynyň öňünde goýmaga;

5) degişli çäkde jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilişi, raýatlaryň hukuklarynyň goralyşy, ilatyň durmuş ýagdaýy hakyndaky meseleler boýunça degişli döwlet edaralaryndan, eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan hojalygy ýörediji subýektleriň ählisinden zerur maglumatlary sorap almaga, zerur bolan mahalynda onuň işini gowulandyrmak we ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmek hakynda teklipleri girizmäge;

6) öz ygtyýarlyklaryna degişli meseleler barada kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlary tarapyndan gaýra goýulman kabul edilmäge.

2. Halk maslahatynyň agzasy şulara borçludyr:

1) halk maslahatynyň işine gatnaşmaga;

2) saýlawçylary (raýatlary) kabul etmäge;

3) halk maslahaty tarapyndan tabşyrylan işleri öz wagtynda ýerine ýetirmäge;

4) saýlawçylaryň (raýatlaryň) sargytlary bilen bagly meseleleri halk maslahatynyň öňünde goýmaga;

5) öz işi barada saýlawçylaryň öňünde ýylda iki gezek hasabat bermäge.

3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary saýlaw okrugynda halk maslahatynyň agzasyna saýlawçylar bilen duşuşyk geçirmegine ýardam edýärler we raýatlary kabul etmek üçin zerur şertleri döredýärler.

 

16-njy madda. Halk maslahatynyň agzasynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak

 

 1. Halk maslahatynyň agzasynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak üçin şular esas bolup durýar:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny bozmagy;

2) häkim, häkimiň orunbasary wezipelerine bellenilmegi;

3) Türkmenistanyň raýatlygynyň ýatyrylmagy;

4) ol hakynda kazyýetiň aýyplaw höküminiň kanuny güýje girmegi;

5) degişli çäkden başga ýere hemişelik ýaşamaga göçüp gitmegi;

6) şahsy haýyşy;

7) saglyk ýagdaýy sebäpli öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmezligi;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki esaslar.

Şeýle hem halk maslahatynyň agzasynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak hakyndaky teklibi degişli saýlaw okrugynyň saýlawçylary tarapyndan degişli halk maslahatynyň garamagyna hödürlenip bilner. Şunda teklip şol okrugyň saýlawçylarynyň jemi sanynyň azyndan üçden bir böleginiň goldamagy bilen kabul edilmelidir.

2. Halk maslahatynyň agzasynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak hakyndaky karar halk maslahatynyň agzalarynyň bellenilen sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen kabul edilýär.

 

17-nji madda. Halk maslahatynyň agzasynyň işiniň hukuk kepillikleri

 

1. Halk maslahatynyň agzasy halk maslahatyndan razylyk alynman işleýän (gulluk edýän) ýerinde eýeleýän wezipesinden boşadylyp ýa-da pes hak tölenilýän işe geçirilip (wezipesinden peseldilip) bilinmez.

2. Halk maslahatynyň agzasyna öz ygtyýarlyklaryny bökdençsiz we doly amala aşyryp bilmegi üçin şertleri, şahsy eldegrilmesizligi, onuň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, janynyň, abraýynyň we mertebesiniň goralmagy kepillendirilýär.

3. Halk maslahatynyň agzasy halk maslahatynyň razylygy bolmasa, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen azatlykdan mahrum edilip, kazyýet tertibinde bellenilýän administratiw temmi çärelerine sezewar edilip bilinmez.

4. Halk maslahatynyň agzasyny jenaýat jogapkärçiligine çekmek ýa-da tussag etmek üçin prokuror degişli halk maslahatyna teklipnama girizýär.

Teklipnama halk maslahatynyň agzasyna aýyplama bildirilmezden ýa-da tussag etmäge rugsat berilmezden ýa-da administratiw hukuk bozulmalary baradaky iş kazyýete ugradylmazdan öň girizilýär.

5. Halk maslahaty on bäş günden gijä goýman prokuroryň teklipnamasyna garaýar. Halk maslahaty teklipnamada görkezilen meseleleri çözmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary prokurordan sorap biler.

Halk maslahaty degişli mesele hakynda karar kabul edýär we bu barada prokurora habar berýär.

Halk maslahatynyň agzasyny eldegrilmesizlikden mahrum etmek hakyndaky meselä garalanda onuň halk maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga haky bardyr.

6. Eger-de welaýatyň prokurory etrap, şäher halk maslahatynyň karary bilen ylalaşmasa, ol şu meselä gaýtadan garalmagy hakynda welaýat halk maslahatyna teklipnama girizmäge haklydyr.

Eger welaýat halk maslahaty etrap, şäher halk maslahatynyň kararyny tassyklasa ýa-da welaýat halk maslahatynyň agzasyny jogapkärçilige çekmäge razylyk bermese, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklipnamasy boýunça bu mesele Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan çözülýär.

7. Eger prokuroryň şu maddada göz öňünde tutulan tertipde girizen teklipnamasyna degişli halk maslahatlary tarapyndan on bäş günüň dowamynda garalmadyk bolsa, onda Türkmenistanyň Halk Maslahaty Baş prokuroryň girizen teklipnamasy boýunça, oňa haýal edilmän garalmagyny üpjün etmek üçin çäreleri görýär.

8. Prokuror işiň derňelişiniň ýa-da oňa garalyşynyň netijeleri hakynda halk maslahatyna habar bermäge borçludyr.

 

18-nji madda. Halk maslahatynyň çykyp giden agzasynyň ýerine täze agza saýlamak

 

Halk maslahatynyň çykyp giden agzasynyň ýerine täze agza Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda saýlanylýar.

 

19-njy madda. Halk maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasy

 

1. Halk maslahatynyň agzasyna onuň ygtyýarlyklary ykrar edilenden soň degişli halk maslahaty tarapyndan şahsyýetnama berilýär.

2. Halk maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasynyň nusgasyny Türkmenistanyň Halk Maslahaty tassyklaýar.

3. Halk maslahatynyň agzasynyň ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylan mahalynda, ol şahsyýetnamasyny degişli halk maslahatyna gaýtaryp berýär.

 

V bap. Halk maslahatynyň işini üpjün etmek.

Halk maslahatynyň edarasy

 

20-nji madda. Halk maslahatynyň iş toparlary

 

1. Halk maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek, halk maslahatynyň kararlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, kabul edilen kararlary durmuşa geçirmek üçin halk maslahatynyň iş toparlary döredilip bilner.

2. Iş toparlary halk maslahatynyň karary bilen döredilýär. Olaryň wezipeleri halk maslahaty tarapyndan kesgitlenilýär. Toparyň düzümine degişli hünärmenler hem goşulyp bilner.

3. Iş toparlary öz işleri barada halk maslahatyna hasabat berýärler.

 

21-nji madda. Halk maslahatynyň işiniň üpjünçiligi

 

1. Halk maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň we agzalarynyň işiniň guramaçylyk, maddy-enjamlaýyn we gaýry üpjünçiligi halk maslahatynyň edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Halk maslahatynyň edarasynyň maliýe üpjünçiligi ýerli býujetiň hasabyna amala aşyrylýar.

 

22-nji madda. Halk maslahatynyň edarasy

 

1. Halk maslahatynyň edarasy halk maslahatynyň işini guraýar, gündelik we gaýragoýulmasyz meselelere garaýar.

2. Halk maslahatynyň edarasyna halk maslahatynyň başlygy ýolbaşçylyk edýär.

3. Halk maslahatynyň edarasynyň gurluşy, işgär wezipe sany, şeýle hem ony maliýeleşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

23-nji madda. Halk maslahatynyň edarasynyň wezipeleri

 

Halk maslahatynyň edarasynyň wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) halk maslahatynyň mejlislerini geçirmäge taýýarlyk görmekden, olaryň gün tertibine degişli bolan teklipleri taýýarlamakdan;

2) halk maslahatynyň mejlislerini we beýleki çärelerini guramaçylyk, maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmekden;

3) halk maslahatynda garalmaly meseleleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmekden, taslamalary taýýarlamakdan ýa-da olary deslapdan gözden geçirmekden;

4) halk maslahatynyň mejlislerinde meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda aýdylan, şeýle hem raýatlardan gelip gowşan teklipleri we bellikleri hasaba almakdan we umumylaşdyrmakdan;

5) halk maslahatynyň resminamalaryny saklamagyň tertibini berjaý etmekden;

6) raýatlaryň ýüztutmalaryna garamakdan;

7) halk maslahatynyň gündelik we gaýragoýulmasyz meselelerine garamakdan;

8) onuň berjaý etmegine degişli edilen beýleki meselelere garamakdan.

 

VI bap. Halk maslahatynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ýerli we ýerli

öz-özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik

birleşikleri, ýuridik we fiziki şahslar bilen özara gatnaşyklary

 

24-nji madda. Halk maslahatynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklary

 

1. Halk maslahaty ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary tarapyndan bellenilen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýola goýýar.

2. Halk maslahatynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine gatyşmagyna ýol berilmeýär.

 

25-nji madda. Halk maslahatynyň syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar bilen özara gatnaşyklary

 

Halk maslahaty öz ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar bilen özara gatnaşyklaryny ýola goýýar we Türkmenistanyň kanunçylygyna we olaryň tertipnamalaryna laýyklykda olaryň işlerine zerur bolan ýardamy berýär.

 

26-njy madda. Halk maslahatynyň ýuridik we fiziki şahslar bilen özara gatnaşyklary

 

Halk maslahatynyň ýuridik we fiziki şahslar bilen özara gatnaşyklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

VII bap. Halk maslahatyny möhletinden öň ýatyrmak.

Halk maslahaty we dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi

 

27-nji madda. Halk maslahatyny möhletinden öň ýatyrmak

 

1. Halk maslahaty Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan şu ýagdaýlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny bozan halatynda;

2) öz ygtyýarlyklaryny talaba laýyk ýerine ýetirmedik mahalynda;

3) dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi.

2. Halk maslahaty halk maslahatynyň agzalarynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen öz-özüni ýatyrmak hakynda karar kabul edip biler.

3. Halk maslahaty möhletinden öň ýatyrylan mahalynda onuň agzalarynyň ygtyýarlyklary hem möhletinden öň ýatyrylan diýlip hasap edilýär.

 

28-nji madda. Halk maslahaty we dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi

 

1. Eger dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi netijesinde degişli halk maslahaty agzalarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi bilen baglylykda öz işini amala aşyryp bilmese, degişli çäkde halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär.

2. Dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemeginiň käbir halatlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk maslahatynyň ygtyýarlyklaryny saklamak hakynda karar kabul edip biler.

 

VIII bap. Jemleýji düzgünler

 

29-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Şu Kanunyň 15-nji maddasynyň üçünji bölegi halk maslahatlarynyň nobatdaky saýlawlary geçirilenden soň güýje girýär.

2. Şu Kanunyň güýje giren gününden başlap, şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1) 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen "Etrap, şäher halk maslahaty hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-88);

2) 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen "Welaýat halk maslahaty hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-90);

3) 2007-nji ýylyň 17-nji martynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 27-nji madda);

4) 2007-nji ýylyň 3-nji iýulynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň III we V böleklerini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 3, 54-nji madda);

5) 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň I we III böleklerini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 65-nji madda).

 

   Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

       Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2011-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

№ 231-IV.


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 01.10.2011
Resminamanyň belgisi № 231-IV