Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda  

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan

goramak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 51-nji madda)

 

Şu Kanun goralýan seleksiýanyň gazananlary babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, emläk, şeýle hem onuň bilen baglanyşykly goralýan seleksiýanyň gazananlaryny döretmek, ýüze çykarmak, ösdürip ýetişdirmek we peýdalanmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan şahsy emläk däl gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

seleksiýanyň gazananlary – seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawynda bellige alnan ösümligiň täze sorty, haýwanyň täze tohumy (olaryň ugurlary, görnüşleri we kroslary);

sort – genotipi ýa-da genotipleriň utgaşmasyny häsiýetlendirýän alamatlary boýunça kesgitlenýän we şol bir botaniki taksonyň beýleki ösümlikleriniň toparlaryndan bir ýa-da birnäçe alamatlary bilen tapawutlanýan ösümlikleriň topary;

tohum – genetiki taýdan şertlendirilen we ony haýwanlaryň beýleki toparlaryndan tapawutlandyrýan biologik we morfologik häsiýetlere eýe bolan haýwanlaryň topary. Tohum urkaçy we erkek jynsy bilen ýa-da tohumlyk serişde gornüşinde berlip bilner;

seleksioner – döredijilikli zähmeti bilen seleksiýanyň gazananlaryny döreden ýa-da ýüze çykaran we kämilleşdiren şahs;

tohumlyk we oturdylan ekin – sorty üznüksiz köpeltmek üçin niýetlenen ösümlikleriň tohumy, şitili, soganlygy we beýleki bölekleri;

tohumlyk haýwan (mal) – tohumy üznüksiz köpeltmek üçin niýetlenen haýwan;

tohumlyk serişde – tohumlyk haýwan, onuň gametalary ýa-da zigotalary (düwünçekleri);

haýyşnamaçy – seleksiýanyň gazananlaryna patentiň berilmegi üçin haýyşnama beren ýuridik ýa-da fiziki şahs;

patent eýesi – patent bilen goralýan seleksiýanyň gazananlaryna aýratyn hukugy bolan şahs.

 

2-nji madda. Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulandan başga kadalar bellenilse, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. Seleksiýanyň gazananlarynyň hukuk taýdan goragy

 

1. Seleksiýanyň gazananlaryna bolan hukuk şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary bilen goralýar we seleksiýanyň gazananlaryna bolan patent (mundan beýläk – patent) bilen tassyklanylýar.

Patent seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga bolan patent eýesiniň aýratyn hukugyny, seleksioneriň awtorlygyny we seleksiýanyň gazananlarynyň ileri tutulmagyny tassyklaýar.

Patent berlen seleksiýanyň gazananlaryny goramagyň möçberi seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawynda seleksiýanyň gazananlarynyň resmi ýazgysynda bellenen düýpli alamatlaryň jemi bilen kesgitlenilýär.

2. Patentiň hereket ediş möhleti seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawynda seleksiýanyň gazananlary bellige alnan seneden hasaplanylýar we şu aşakdakylary düzýär:

üzümiň, bezeg, miweli baglaryň we tokaý agaçlarynyň, şol sanda olaryň sapylan nahallarynyň sorty üçin – 30 ýyl;

beýleki görnüşdäki ösümlikleriň sorty üçin – 25 ýyl;

haýwanlaryň tohumy üçin – 30 ýyl.

 

II BAP. SELEKSIÝANYŇ GAZANANLARYNY HUKUK

TAÝDAN GORAMAGYŇ DÖWLET TARAPYNDAN

DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

 

4-nji madda. Döwlet tarapyndan düzgünleşdiriji edaralar

 

Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramagy döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy, sort synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy we haýwanlaryň tohumlarynyň synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrýarlar.

 

5-nji madda. Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň, seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

seleksiýanyň gazananlaryny goramak babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goralmaga degişli bolan ösümlikleriň sortlarynyň we haýwanlaryň tohumlarynyň botaniki we zoologik uruglarynyň hem-de görnüşleriniň Döwlet sanawyny tassyklaýar;

ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň teklipleri boýunça ösümlikleriň sortlarynyň we haýwanlaryň tohumlarynyň botaniki we zoologik uruglarynyň hem-de görnüşleriniň Döwlet sanawyna urugrlary hem-de görnüşleri goşýar we aýyrýar;

seleksiýanyň gazananlaryny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny üpjün edýär;

Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

 

6-njy madda. Ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlyklary

 

Ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy:

seleksiýanyň gazananlaryna patentleriň berilmegine bolan haýyşnamalara seretmek üçin kabul edýär;

patentleriň berilmegine haýyşnamalaryň deslapky seljermesini geçirýär;

täzelik üçin seljermäniň, şeýle hem sort synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasyndan we haýwanlaryň tohumlarynyň synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasyndan alnan tapawutlylyga,     birmeňzeşlige we durnuklylyga bolan synaglaryň netijeleri boýunça patenti bermek ýa-da ony bermekden ýüz döndermek hakynda karar kabul edýär;

seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna seleksiýanyň gazananlaryny döwlet tarapyndan bellige alýar;

seleksiýanyň gazananlarynyň goragyna degişli resmi maglumatlaryň çap edilmegini üpjün edýär;

seleksiýanyň gazananlaryna patentleri berýär;

seleksiýanyň gazananlaryna bolan patentleriň güýjünde saklanylyşyna gözegçilik edýär;

Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýaryna degişli edilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

 

7-nji madda. Sort synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň we haýwanlaryň tohumlarynyň synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlyklary

 

Sort synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy we haýwanlaryň tohumlarynyň synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy:

tapawutlylyga, birmeňzeşlige we durnuklylyga bolan synaglary geçirýärler;

degişlilikde ösümlikleriň sortlarynyň we haýwanlaryň tohumlarynyň synaglarynyň netijeleri hakynda netijenamalar berýärler;

Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň ygtyýaryna degişli edilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirýärler.

 

8-nji madda. Wekilçilik

 

Ýuridik we fiziki şahslar şu Kanunyň 51-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlardan başga gös-göni, wekilleriň ýa-da patenti ynanylan wekilleriň üsti bilen ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy bilen işleri alyp barmaga haklydyrlar.

Wekiliň ýa-da patenti ynanylan wekiliniň ygtyýarlyklary ynanç haty bilen tassyklanylýar.

 

III BAP. SELEKSIÝANYŇ GAZANANLARYNYŇ GORAG

UKYPLYLYGY

 

9-njy madda. Seleksiýanyň gazananlarynyň gorag ukyplylygynyň şertleri

 

1. Patent gorag ukyplylygynyň  şertlerine jogap berýän we ösümlikleriň sortlarynyň we haýwanlaryň tohumlarynyň botaniki we zoologik uruglarynyň hem-de görnüşleriniň Döwlet sanawyna girizilen seleksiýanyň gazananlary üçin berilýär.

Seleksiýanyň gazananlarynyň gorag ukyplylygynyň çelgileri täzelik, tapawutlylyk, birmeňzeşlik we durnuklylyk bolup durýar.

2. Eger tohumlyk we oturdylan ekiniň ýa-da bu seleksiýanyň gazananlarynyň tohumlyk serişdelerine patentiň berilmegi üçin haýyşnamanyň berlen senesinde seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmak üçin seleksioner, onuň hukuk oruntutary tarapyndan ýa-da olaryň razylygy bilen başga şahslara satylmadyk ýa-da başga görnüşde berilmedik bolsa, seleksiýanyň gazananlary täze diýlip hasap edilýär:

Türkmenistanyň çäginde – bu senä çenli bir ýyldan bärde;

beýleki döwletiň çäginde:

a) görkezilen senä çenli dört ýyldan bärde,

b) eger bu üzüme, agaç, bezeg, miweli baglara we tokaý agaçlaryna degişli bolsa alty ýyldan ir.

3. Seleksiýanyň gazananlary, eger ol haýyşnamanyň berlen senesinde bar bolan islendik beýleki umumy mälim bolan seleksiýanyň gazananyndan aýdyň tapawutlansa, tapawutlanýan diýlip hasap edilýär.

Resmi kataloglarda, maglumat gaznasynda bolan ýa-da çap etmeleriň birinde takyk ýazgysy bolan ýa-da seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna goşulan seleksiýanyň gazananlary umumy mälim bolan seleksiýanyň gazananlary diýlip hasap edilýär.

Haýyşnama boýunça patent ýa-da goragyň beýleki şuňa meňzeş görnüşi berilmek şerti bilen seleksiýanyň gazananlary islendik ýurtda haýyşnamanyň berlen senesinden başlap umumy mälim bolan diýlip hasap edilýär.

4. Eger ösümlikleriň we haýwanlaryň köpelmek aýratynlyklaryny hasaba almak bilen özüniň esasy alamatlary boýunça meňzeş bolsa, seleksiýanyň gazananlary birmeňzeş diýlip hasap edilýär.

5. Eger onuň esasy alamatlary birnäçe gezek köpeldilenden soň ýa-da köpeltmegiň aýratyn döwri mahalynda, her bir köpeldiş döwrüniň ahyrynda üýtgewsiz galsa, seleksiýanyň gazananlary durnukly diýlip hasap edilýär.

 

10-njy madda. Seleksiýanyň gazananlarynyň ady

 

1. Seleksiýanyň gazananlarynyň gelip çykyşyny görkezmek bilen onuň ady bolmalydyr.

Seleksiýanyň gazananlarynyň ady seleksiýanyň gazananlaryny tanamaga mümkinçilik bermelidir, gysga bolmalydyr, oňa ýakyn botaniki ýa-da zoologik toparlaryň seleksiýanyň gazananlarynyň atlaryndan tapawutlanmalydyr. Ol diňe bir sanlardan düzülmeli däldir, seleksiýanyň gazananlarynyň häsiýetleri, gelip çykyşy, ähmiýeti, seleksioneriň şahsyýeti babatda bulaşyklyga getirmeli däldir, jemgyýetçilik ahlagynyň ýörelgelerine garşy gelmeli däldir.

2. Seleksiýanyň gazananlarynyň ady patenti almak üçin ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna haýyşnamaçy tarapyndan hödürlenýär. Eger seleksiýanyň gazananlarynyň ady şu maddanyň talaplaryna laýyk gelmese, haýyşnamaçy ony bellenilen möhletlerde üýtgetmäge borçludyr.

Seleksiýanyň gazananlarynyň ady ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýän şertler berjaý edilende haýyşnamaçynyň başlangyjy boýunça üýtgedilip bilner.

3. Seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanýan islendik şahs Türkmenistanda seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawynda özüniň bellige alnan adyny ulanmalydyr.

Haçan-da seleksiýanyň gazananlary satuwa hödürlenende ýa-da täjirçilik dolanyşygyna girizilende, ony bellige alnan ady bilen we haryt nyşany, täjirçilik ady ýa-da beýleki şuňa meňzeş belgileri utgaşdyryp ulanmaga ygtyýar berilýär. Şeýle utgaşdyrylyp berlen seleksiýanyň gazananlarynyň ady ýeňil tanalar ýaly bolmalydyr.

 

11-nji madda. Seleksiýanyň gazananlaryna patentiň berilmegi üçin haýyşnamany bermek hukugyna eýe bolan şahslar

 

1. Seleksiýanyň gazananlaryna patentiň berilmegi üçin haýyşnamany (mundan beýläk – haýyşnama) bermek hukugyna seleksioner, iş beriji ýa-da olaryň hukuk oruntutary (mundan beýläk – haýyşnamaçy) eýedir.

Eger seleksiýanyň gazananlary birnäçe şahslar tarapyndan bilelikde döredilse, onda olara haýyşnamany bilelikde bermek hukugy berilýär.

2. Haýyşnama ynanylan şahsyň (wekiliň) üsti bilen berlip bilner, ol ynanç hatyna laýyklykda patenti almak bilen baglanyşykly işleri ýöredýär.

3. Ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň, şeýle hem sort synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň we haýwanlaryň tohumlarynyň synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň işgärleri bu edaralarda işlän bütin döwrüniň dowamynda seleksiýanyň gazananlaryna bolan patentiň berilmegi üçin haýyşnama bermek ýa-da wekil hökmünde çykyş etmek hukugyna eýe däldirler.

 

12-nji madda. Gulluk tertibinde döredilen seleksiýanyň gazananlary

 

1. Seleksiýanyň gazananlary gulluk tertibinde döredilen diýlip hasap edilýär, eger ony döredende seleksioner şu aşakdakylary ýerine ýetirse:

1) özüniň eýeleýän wezipesine mahsus bolan borçlary;

2) seleksiýanyň gazananlaryny döretmek maksady bilen özüniň üstüne ýörite ýüklenen tabşyrygy.

2. Gulluk tertibinde döredilen seleksiýanyň gazananlaryna bolan haýyşnamany bermek hukugy, eger seleksioner bilen iş berijiniň arasyndaky şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, iş berijä degişlidir.

Eger iş beriji döredilen seleksiýanyň gazananlary hakynda seleksioner tarapyndan özüne habar berlen seneden başlap dört aýyň içinde ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna haýyşnama bermese, onda seleksioner haýyşnamany bermek we öz adyna patent almak hukugyna eýedir.

Şu ýagdaýda iş beriji şertnamalaýyn esasda kesgitlenýän öwez puluny patent eýesine tölemek bilen öz önümçiliginde seleksiýanyň gazananlaryny ileri tutup peýdalanmaga bolan hukuga eýedir.

3. Iş berijiniň maliýe, tehniki we beýleki maddy serişdelerini peýdalanmak bilen işgär tarapyndan döredilen, ösdürilip ýetişdirilen ýa-da ýüze çykarylan, ýöne öz zähmet borçlaryny ýa-da iş berijiniň anyk tabşyrygyny ýerine ýetirmek tertibinde bolmadyk seleksiýanyň gazananlary gulluk seleksiýanyň gazananlary bolup durmaýar. Patent almaga bolan hukuk ýa-da şeýle seleksiýanyň gazananlaryna bolan aýratyn hukuk işgäre degişlidir.

Şu ýagdaýda iş beriji öz saýlamagy boýunça seleksiýanyň gazananlaryna bolan aýratyn hukugynyň hereket edýän bütin möhleti üçin seleksiýanyň gazananlaryna öz hajatlary üçin peýdalanmaga bolan muzdsuz, ýönekeý (aýratyn bolmadyk)  ygtyýarnamanyň berilmegini ýa-da şeýle seleksiýanyň gazananlaryny döretmek, ösdürip ýetişdirmek ýa-da ýüze çykarmak bilen baglanyşykly iş berijiniň çeken çykdajylarynyň işgär tarapyndan öweziniň dolunmagyny talap etmek hukugyna eýedir.

 

13-nji madda. Patentiň berilmegi üçin haýyşnamany bermek

 

1. Patentiň berilmegi üçin haýyşnama ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna berilýär, haýyşnamanyň berlen güni onuň kabul edilen güni diýlip hasap edilýär.

Patentiň berilmegi üçin haýyşnama seleksiýanyň gazananlarynyň birine degişli bolmalydyr.

2. Patentiň berilmegi üçin haýyşnamada şu aşakdakylar bolmalydyr:

1) adyna patent berilmegi soralýan awtory (şärikli awtorlary) we şahsy (şahslary), şeýle hem onuň (olaryň) ýaşaýan ýerini ýa-da bolýan ýerini görkezmek bilen seleksiýanyň gazananlaryna bolan patentiň berilmegi hakynda haýyşnama.

2) sortuň ýa-da tohumyň ýazgysy.

3. Haýyşnama şu aşakdaky resminamalar goşulýar:

1) sortuň (tohumyň) anketasy;

2) sortuň (tohumyň) suratlar toplumy;

3) bellenilen ölçegde haýyşnamanyň berilmegi üçin pajyň tölenendigini tassyklaýan ýa-da paç tölemekden boşatmak ýa-da onuň möçberini azaltmak üçin esaslary tassyklaýan resminama;

4) eger haýyşnama haýyşnamaçynyň wekili tarapyndan berilse, ynanç haty.

4. Haýyşnama goşulýan resminamalar ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna haýyşnamanyň gelip gowşan senesinden başlap üç aýyň içinde berilmelidir.

Eger ýatlanylan resminamalar haýyşnamanyň berlen senesinden başlap üç aýyň içinde berilmese, bellenilen möhlet haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça degişli paç tölenen şertinde goşmaça üç aýa çenli uzaldylyp bilner.

Haýyşnamanyň bellenen we goşmaça möhletinde ýokarda görkezilen resminamalar berilmedik mahalynda haýyşnama yzyna alnan diýlip ykrar edilýär.

5. Patenti bermek hakynda haýyşnama Türkmenistanyň döwlet dilinde berilýär. Haýyşnamanyň beýleki resminamalary olaryň terjimesini goşmak bilen başga dilde berlip bilner.

Başga dilde berlen resminamalar, eger olaryň terjimesi haýyşnamanyň berlen senesinden başlap üç aýyň içinde gelip gowuşsa, ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna haýyşnamanyň berlen senesinde berlen diýlip hasap edilýär.

Eger ýatlanylan terjime haýyşnamanyň berlen senesinden başlap üç aýyň içinde berilmese, bellenilen möhlet degişli pajyň tölenen mahalynda haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça goşmaça üç aý uzaldylyp bilner.

Terjime bellenilen we goşmaça möhletde berilmedik mahalynda haýyşnama yzyna alnan diýlip ykrar edilýär.

6. Ileri tutmak hukugyny talap etmek bilen haýyşnama goşmaça ilkinji haýyşnamanyň tassyklanan nusgasy we onuň döwlet diline terjimesi goşulýar, olar ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky döwlet edarasyna haýyşnamanyň berlen senesinden başlap dört aýdan gijä galman berilýär.

7. Haýyşnamaçy haýyşnamanyň materiallarynda görkezilen maglumatlaryň dogrulygy üçin jogapkärçilik çekýär.

Haýyşnamaçy patentiň berilmegi üçin haýyşnamany onuň berlendigi hakynda ýa-da bermekden ýüz dönderilendigi hakynda kararyň çykarylan senesine çenli islendik wagt yzyna almaga hukuklydyr.

8. Patentiň berilmegi üçin haýyşnama we oňa goşulýan resminamalara bolan talaplar ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

 

14-nji madda. Seleksiýanyň gazananlarynyň ileri tutulmagy

 

Seleksiýanyň gazananlarynyň ileri tutulmagy ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna haýyşnamanyň berlen senesi boýunça bellenilýär.

Eger haýyşnama ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna görkezilen seneden başlap on iki aýyň içinde gelip gowuşsa, seleksiýanyň gazananlarynyň ileriligi daşary ýurt döwletine ilkinji haýyşnamanyň berlen senesi boýunça bellenilip bilner. Eger haýyşnamaça bagly bolmadyk ýagdaýlar boýunça ileriligi talap etmek bilen haýyşnama bellenilen möhletde berlip bilinmese, möhlet üç aýdan köp bolmadyk wagta uzaldylyp bilner.

Ileriligi bellemek hakynda haýyşnama berlende ýa-da ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna haýyşnamanyň berlen senesinden başlap üç aýyň içinde mälim edilmelidir.

Ilkinji haýyşnamanyň, şeýle hem haýyşnamalaryň ikisiniň närsesi bolup durýan seleksiýanyň gazananlarynyň meňzeş nusgalary we (ýa-da) beýleki subutnamalary ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna haýyşnamanyň gelip gowşan senesinden başlap dört aýdan gijä galman berilýär.

Eger birmeňzeş seleksiýanyň gazananlarynyň şol bir ilerilik senesi bolsa, onda patent ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna has irki senede iberilenligi subut edilen haýyşnama boýunça berilýär, bu seneler gabat gelen mahalynda bolsa, bu edarada has irki bellige alyş belgisi bolan haýyşnama boýunça berilýär.

 

IV BAP. SELEKSIÝANYŇ GAZANANLARYNYŇ

SELJERMESI

 

15-nji madda. Haýyşnamanyň seljermesi

 

Haýyşnamanyň seljermesi deslapky seljermäni, täzelik üçin seljermäni, şeýle-de berlen seleksiýanyň gazananlarynyň tapawutlylyga,   birmeňzeşlige we durnuklylyga bolan synagy öz içine alýar.

 

16-njy madda. Haýyşnamanyň deslapky seljermesi

 

1. Haýyşnamanyň deslapky seljermesi şu Kanunyň 13-nji maddasynda göz öňünde tutulan resminamalar bolan mahalynda ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna onuň berlen senesinden başlap üç aýyň geçmegi bilen bir aý möhletde geçirilýär.

Deslapky seljermäniň geçirilýän döwründe haýyşnamaçy öz başlangyjy boýunça mälim edilen seleksiýanyň gazananlaryny düýpli alamatlaryny üýtgetmezden haýyşnamanyň materiallarynyň üstüni ýetirmäge, takyklamaga ýa-da düzetmäge bolan hukuga eýedir.

2. Deslapky seljerme şu aşakdakylary barlamagy öz içine alýar:

mälim edilen seleksiýanyň gazananlarynyň ösümlikleriň sortlarynyň we haýwanlaryň tohumlarynyň botaniki we zoologik uruglarynyň hem-de görnüşleriniň tassyklanan Döwlet sanawyna laýyk gelşini;

haýyşnamanyň materiallarynyň bir seleksiýanyň gazananlaryna degişliligini;

zerur resminamalaryň bolmagyny we olar üçin bellenen talaplaryň berjaý edilmegini;

seleksiýanyň gazananlarynyň adyna bolan talaplaryň berjaý edilmegini;

ileri tutmany talap etmegiň hukuga laýyk gelşiniň we tertibiniň berjaý edilmegini.

Eger haýyşnama deslapky seljermäniň talaplaryna laýyk gelse, ony bermegiň bellenilen senesini we haýyşnamanyň belgisini görkezmek bilen garamak üçin haýyşnamanyň kabul edilendigi hakynda haýyşnamaça habar iberýär.

Mälim edilen seleksiýanyň gazananlarynyň ösümlikleriň sortlarynyň we haýwanlaryň tohumlarynyň botaniki we zoologik uruglarynyň hem-de görnüşleriniň tassyklanan Döwlet sanawyna laýyk gelmedik ýa-da şu Kanunyň 13-nji maddasynda göz öňünde tutulan resminamalar bolmadyk mahalynda haýyşnama berijä garamak üçin haýyşnamany kabul etmekden ýüz döndermek hakynda habar iberilýär.

3. Talaplary bozmak bilen oňa goşulýan resminamalara resmileşdirilen haýyşnama boýunça haýyşnamaça onuň iberilen senesinden başlap üç aýyň içinde düzedilen ýa-da ýetmeýän resminamalary bermek teklibi bolan talap iberilýär.

Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça bellenilen üç aýlyk möhlet alty aýa çenli uzaldylyp bilner.

Eger haýyşnamaçy bellenen üç aýlyk möhletde soralýan resminamalary ýa-da ony uzaltmak hakyndaky towakganamany bermese, haýyşnamaça bellenilen möhletiň geçendigi hakynda habar iberilýär.

Soralan resminamalary bermek üçin duşdan geçirilen möhlet haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça dikeldilip bilner. Soralýan resminamalary goşmak bilen duşdan geçirilen möhleti dikeltmek hakynda towakganama bellenilen möhletiň geçen senesinden başlap alty aýdan gijä galman haýyşnamaçy tarapyndan berilmelidir.

Möhleti dikeltmek hakynda alty aýyň içinde towakganama berilmedik halatynda haýyşnama yzyna alnan diýlip ykrar edilýär, ol hakda haýyşnamaçy habarly edilýär.

Deslapky seljermäniň çözgüdi bilen razy bolmadyk mahalynda haýyşnamaçy çözgüdiň iberilen senesinden başlap üç aýyň içinde ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň Apellýasiýa toparyna garşylyk bermäge haklydyr.

 

17-nji madda. Haýyşnamany çap etmek

 

1. Ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy oňyn netije bilen haýyşnamanyň  deslapky seljermesiniň tamamlanan senesinden başlap alty aý möhlet bilen resmi býulletende haýyşnama hakyndaky maglumatlary çap edýär. Çap edilýän maglumatlaryň düzümi ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär. Haýyşnama hakyndaky maglumatlar çap edilenden soň islendik şahs onuň materiallary bilen tanyşmaga haklydyr.

2. Eger çap etmek möhletiniň gutarmagyna çenli haýyşnama yzyna alynsa, haýyşnama hakyndaky maglumatlary çap etmek geçirilmeýär.

3. Seleksiýanyň gazananlarynyň awtory, eger ol haýyşnamaçy bolmasa, haýyşnama hakdaky çap edilýän maglumatlarda awtor hökmünde ýatladylmakdan ýüz dönderip biler.

 

18-nji madda. Wagtlaýyn hukuk goragy

 

1. Wagtlaýyn hukuk goragy haýyşnama hakdaky maglumatlaryň çap edilen senesinden seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawynda seleksiýanyň gazananlary hasaba alnan senesine çenli mälim edilen seleksiýanyň gazananlaryna berilýär.

2. Wagtlaýyn hukuk goragy döwründe haýyşnamaça şu Kanunyň 28-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleklerine laýyklykda patent  eýesiniň hukugy degişlidir.

3. Eger haýyşnama boýunça patenti bermekden boýun gaçyrmak hakynda karar kabul edilse, wagtlaýyn hukuk goragy gelip ýetmedik diýlip hasap edilýär.

4. Mälim edilen seleksiýanyň gazananlary onuň wagtlaýyn hukuk goragy döwründe peýdalanýan şahs patent eýesiniň talap etmegi boýunça patent alnandan soň patente eýelik edijä öwez puluny tölemäge borçludyr, onuň möçberi patent eýesi bilen ylalaşylyp kesgitlenilýär. Eger taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylmasa, öwez puluny tölemegiň möçberi, möhletleri we tertibi kazyýet tarapyndan kesgitlenilýär.

Görkezilen çäreler haýyşnamany bermek hakynda diňe haýyşnamaçynyň habar beren şahslary babatda ulanylýar.

 

19-njy madda. Seleksiýanyň gazananlarynyň täzeliginiň seljermesi

 

1. Täzelik üçin mälim edilen seleksiýanyň gazananlarynyň seljermesi ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan geçirilýär. Islendik gyzyklanýan şahs haýyşnama hakyndaky maglumatlaryň çap edilen senesinden başlap alty aýyň içinde mälim edilen seleksiýanyň gazananlarynyň täzeligi babatda bu edara nägilelik bermäge hukuklydyr.

Haýyşnamaçy nägileligiň gelip gowşandygy hakynda habarly edilýär. Nägilelik bilen razy bolmadyk mahalynda haýyşnamaçy habaryň iberilen gününden başlap üç aý möhletde ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna esaslandyrylan garşylygyny bermäge hukuklydyr.

Seljermäniň netijeleri boýunça ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy mälim edilen seleksiýanyň gazananlarynyň täzeligiň çelgisine laýyk gelýändigi ýa-da gelmeýändigi hakynda netijenama çykarýar, ol hakda haýyşnamaça we nägileligi beren şahsa habar berilýär.

2. Eger mälim edilen seleksiýanyň gazananlary täzeligiň çelgisine laýyk gelmese, ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy patent bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt çykarýar.

3. Täzelik üçin seleksiýanyň gazananlarynyň seljermesiniň oňyn netijeleri bolan ýagdaýynda ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy haýyşnamaça degişli habar iberýär, onda iberilen seneden başlap on iki aý möhletde şu aşakdakylar teklip edilýär:

- sort synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy ýa-da haýwanlaryň tohumlarynyň synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy ýa-da beýleki döwletleriň ygtyýarly edaralary tarapyndan degişlilikde geçirilen seleksiýanyň gazananlarynyň synaglarynyň netijelerini bermek;

ýa-da

- tapawutlylyk, birmeňzeşlik we durnuklylyk üçin seleksiýanyň gazananlarynyň synaglaryny geçirmek hakynda towakganama bermek we bellenilen pajy tölemek.

4. Eger haýyşnamaçy bellenilen on iki aý möhletde talap edilýän materiallary bermese ýa-da bellenilen möhleti uzaltmak hakynda towakganama bermese, ýa-da synaglary geçirmek hakynda towakganama bermese, haýyşnama yzyna alnan diýlip hasap edilýär.

Bellenilen on iki aý möhlet haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça alty aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner.

 

20-nji madda. Seleksiýanyň gazananlarynyň tapawutlylyga, birmeňzeşlige we durnuklylyga synaglary

 

1. Mälim edilen seleksiýanyň gazananlarynyň tapawutlylyk, birmeňzeşlik we durnuklylyk üçin degişlilikde sort synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy ýa-da haýwanlaryň tohumlarynyň synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan seleksioneriň ýa-da onuň iş berijisiniň towakganamasy boýunça geçirilýär.

Seleksiýanyň gazananlarynyň synaglary kabul edilen nusgawy usulyýetleri boýunça we bu edaralar tarapyndan bellenilýän möhletlerde geçirilýär.

Haýyşnamaçy synag etmek üçin tohumlyk, oturdylan ýa-da tohum serişdeleriniň zerur mukdaryny bermäge borçludyr.

2. Synaglaryň netijeleri boýunça sort synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy ýa-da haýwanlaryň tohumlarynyň synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy degişlilikde mälim edilen seleksiýanyň gazananlarynyň tapawutlylygy, birmeňzeşligi we durnuklylygy babatda netijenama çykarýar, ol ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna iberýär.

3. Netijenama taýýarlananda sort synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy we haýwanlaryň tohumlarynyň synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasy Türkmenistanyň beýleki ygtyýarly guramalary ýa-da daşary ýurtlaryň ygtyýarly guramalary tarapyndan geçirilen synaglaryň netijelerini, şeýle hem haýyşnamaçynyň özi tarapyndan berlen maglumatlary peýdalanmaga haklydyr.

 

21-nji madda. Seljerme çözgüdini çykarmak

 

1. 20-nji maddanyň ikinji bölegine ýa-da haýyşnamaçy tarapyndan berlen netijenama laýyklykda, 20-nji maddanyň üçünji bölegine laýyklykda synaglaryň netijeleriniň esasynda ösümlikleriň sortlaryna we

haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy ýokarda ýatlanan resminamalaryň alnan senesinden başlap üç aý möhletden gijä galman seleksiýanyň gazananlarynyň gorag ukyplylygynyň çelgisine laýyk gelşine garaýar.

2. Eger seleksiýanyň gazananlary gorag ukyplylygynyň çelgisini kanagatlandyrsa we onuň ady bellenilen talaplara laýyk gelse, ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy patenti bermek hakynda çözgüt çykarýar.

Seleksiýanyň gazananlarynyň beýany goşulan çözgüt haýyşnamaça iberilýär.

3. Eger seleksiýanyň gazananlary gorag ukyplylygynyň çelgisine jogap bermese, ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy patenti bermekden ýüz döndermek hakynda esaslandyrylan çözgüt çykarýar, ony haýyşnamaça iberilýär.

 

22-nji madda. Seljerme çözgüdine şikaýat etmek

 

1. Haýyşnama garamagyň islendik tapgyrynda çykarylan seljerme çözgüdi bilen razy bolmadyk mahalynda haýyşnamaçy çözgüdiň çykarylan senesinden başlap üç aýyň içinde garşylygyny ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň Apellýasiýa toparyna (mundan beýläk – Apellýasiýa topary) bermäge haklydyr.

Garşylyga onuň alnan senesinden başlap dört aý möhletde Apellýasiýa topary tarapyndan garalmalydyr.

Haýyşnamaçy garşylygyň garalmagyna özi ýa-da öz wekiliniň üsti bilen gatnaşmaga haklydyr.

2. Seljerme çözgütlerine şikaýat etmek ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanýan tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

 

V BAP. SELEKSIÝANYŇ GAZANANLARYNY BELLIGE

ALMAK WE PATENTI BERMEK

 

23-nji madda. Seleksiýanyň gazananlaryny bellige almagyň we patenti bermegiň tertibi

 

1. Seleksiýanyň gazananlaryny ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy patentiň hasaba alnandygy we berlendigi üçin pajyň tölenendigi hakynda resminama alnan gününden başlap iki aýyň içinde goralýan seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawynda bellige alynýar.

Seleksiýanyň gazananlary bellige alnandygy üçin pajyň tölenendigini tassyklaýan resminama patentiň berlendigi hakynda çözgüdiň iberilen senesinden başlap üç aý möhletde haýyşnamaçy tarapyndan berilmelidir.

Pajyň tölegi bökdelende bellenen üç aý möhletiň geçen senesinden başlap, degişli pajy tölemek şerti bilen alty aý ýeňillikli möhlet berilýär. Bellenen we ýeňillikli möhletlerde pajyň tölenendigi hakynda resminama berilmedik mahalynda haýyşnama yzyna alnan diýlip hasap edilýär, bu hakda haýyşnamaça habar berilýär.

2. Bellige alnan seleksiýanyň gazananlary üçin ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy onuň adyna soralýan şahsa patent berýär.

Patent atlaryna soralýan birnäçe şahslar bolan mahalynda bir patent, ol hem haýyşnamada ady birinji görkezilen haýyşnamaça berilýär.

3. Patent hakyndaky maglumata patent eýesi hakyndaky maglumatlary üýtgetmek bilen baglanyşykly üýtgetmeler we patent hakyndaky maglumatlara degişli beýleki üýtgetmeler girizilýär.

4. Goralýan seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizilýän maglumatlaryň sanawy, patentiň görnüşi we onda görkezilýän maglumatlaryň düzümi ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

5. Patenti alandan soň patent eýesi ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň talaby boýunça tohumlyk ýa-da tohum serişdeleriň zerur mukdaryny saklamak üçin ibermäge borçludyr.

 

24-nji madda. Patent hakynda maglumatlary çap etmek

 

1. Ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawynda goralýan seleksiýanyň gazananlaryny bellige alnan senesinden başlap alty aýyň içinde patenti bermek hakyndaky maglumatlary we seleksiýanyň gazananlarynyň resmi beýanyny resmi býulletende çap edýär. Çap edilýän maglumatlaryň düzümini ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy kesgitleýär.

2. Seleksiýanyň gazananlarynyň awtory, eger ol patent eýesi bolmasa, patent hakyndaky çap edilýän maglumatlarda awtor hökmünde ýatlanylmakdan ýüz döndermäge hukuklydyr.

3. Ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy şu aşakdakylar babatda goralýan seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizilen ähli soňky üýtgetmeleri býulletende çap edýär:

- patent eýesi;

- hukuklary we ygtyýarlandyrylan şertnamalary bermek hakynda bellige alnan şertnamalar;

- patentiň hereketini bes etmek ýa-da dikeltmek;

- patenti hakyky däl diýip ykrar etmek;

- patenti ýatyrmak;

- seleksiýanyň gazananlaryna degişli beýleki maglumatlar.

 

25-nji madda. Paçlar

 

1. Haýyşnamany bermek, seljermesi, synaglary, patenti bermek we ony güýjünde saklamak bilen baglanyşykly hukuk taýdan ähmiýetli hereketleriň edilmegi üçin, şeýle hem beýleki amallar üçin paçlar hakyndaky degişli Düzgünnama bilen bellenen paçlar alynýar.

Paçlar hakyndaky Düzgünnama we paçlaryň möçberlerini, möhletlerini we tölegiň tertibini görkezmek bilen amala aşyrylan hereketler üçin paçlaryň alynýan, oňa goşulýan Sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

2. Patent eýesi patentiň güýjünde saklanylmagy üçin ýyllyk paçlary  tölemäge borçludyr.

Ýyllyk paçlary pajyň geçirilýän patentiň hereket edýän ýylynyň birinji aýy gutarandan giç bolmadyk möhletde tölenilýär. Paç patentiň hereket edýän doly ýyly üçin tölenilýär.

Patentiň güýjünde saklanylmagy üçin pajyň tölenilmegi patent eýesine goşmaça pajy tölemek şerti bilen ýeňillikli alty aýlyk möhlet berilýär.

Paçlar haýyşnamaçy, patent eýesi ýa-da başga şahs tarapyndan tölenilip bilner.

Eger patentiň güýjünde saklanylmagy üçin paç we goşmaça paç ýeňillikli möhletiň içinde tölenilmese, patentiň hereketi möhletinden öň bes edilýär.

3. Paçlary almakdan alnan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip gowuşýar.

Tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy, döretmegi we onuň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň ulanylmagy; döwlet patent-maglumat binýadynyň döredilmegi; işgärleriň zähmetine hak tölemegi, hünärmenleri taýýarlamagy we höweslendirmegi; seleksiýanyň gazananlaryny goramak babatda Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna gatnaşmagyny üpjün etmek üçin gerek bolan gatançlaryň we beýleki tölegleriň tölenmegini goşup, bu serişdelerden seleksiýanyň gazananlaryny goramagyň döwlet ulgamynyň işlemegi we ösmegi üçin çykdajy harajatlaryň maliýeleşdirilmegi amala aşyrylýar.

 

VI BAP. SELEKSIÝANYŇ GAZANANLARYNYŇ

AWTORY WE ONUŇ HUKUKLARY

 

26-njy madda. Seleksiýanyň gazananlarynyň awtory

 

1. Seleksiýanyň gazananlarynyň awtory diýlip, döredijilikli zähmeti bilen ony döreden fiziki şahs ykrar edilýär.

2. Eger seleksiýanyň gazananlaryny döretmäge birnäçe şahs gatnaşsa, olaryň hemmesi şärikli awtorlar diýlip hasap edilýär. Şärikli awtorlara degişli hukuklary peýdalanmagyň tertibi olaryň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilýär.

3. Seleksiýanyň gazananlarynyň döredilmegine şahsy goşant goşman, diňe awtora (awtorlara) tehniki, guramaçylyk, maddy ýa-da başga kömek beren şahslar şärikli awtorlar diýlip ykrar edilmeýär.

 

27-nji madda. Seleksiýanyň gazananlarynyň awtorynyň hukuklary

 

1. Awtoryň hukugy aýrybaşgalanmaýan şahsy hukuk bolup durýar we möhletsiz goralýar.

2. Goralýan seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizilen, patent eýesi bolmadyk, seleksiýanyň gazananlarynyň awtoryna, ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy, onyň awtorlygyny tassyklaýan ýörite şahsyýetnama  berýär.

3. Awtor öz adyndan seleksiýanyň gazananlaryna at dakmaga hukugy bardyr.

4. Awtor patentiň hereket edýän möhletinde patent eýesinden döreden, ýüze çykaran ýa-da çykaran seleksiýanyň gazananlary üçin hak-heşdek almaga hukugy bardyr. Hak-heşdegiň möçberi we almagyň şertleri seleksiýanyň gazananlarynyň awtory bilen patent eýesiniň arasynda baglaşylan şertnama bilen kesgitlenilýär.

Şonda seleksiýanyň gazananlary üçin hak-heşdegiň ölçegi binýatlyk ululygyndan kem bolmaly däldir, ýagny ösümlikleriň sortlarynyň we haýwanlaryň tohumlarynyň her haýsy aýratynlykda, geljeginiň bardygy, ulanylyş möçberi we ykdysady netijeliligi bilen kesgitlenýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenen  tertipde tasyklanýar.

5. Patent eýesi bilen awtoryň şertnamasynda başga zat göz öňünde tutulmasa, awtora hak-heşdek seleksiýanyň gazananlarynyň peýdalanylan her bir ýyly geçenden soň alty aýyň içinde tölenilýär.

6. Eger sort ýa-da malyň tohumy birnäçe şärikli awtorlar bolup döredilen ýa-da çykarylan bolsa, hak-heşdek olaryň arasynda ylalaşyga laýyklykda paýlanýar.

7. Seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmak bilen baglanyşykly patent eýesi tarapyndan hak-heşdek tölemegiň möçberi, tertibi ýa-da onuň şertleri hakynda jedel kazyýet tarapyndan çözülýär.

 

VII BAP. PATENT EÝESI, ONUŇ HUKUKLARY

WE BORÇLARY

 

28-nji madda. Seleksiýanyň gazananlarynyň patent eýesi

 

Patenti almaga bolan hukuk şu aşakdakylara degişlidir:

- seleksiýanyň gazananlarynyň awtoryna (şärikli awtorlaryna);

- şu Kanunyň 12-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda iş berijä;

- seleksiýanyň gazananlarynyň awtorynyň hukuk oruntutaryna (hukuk oruntutarlaryna) ýa-da iş berijä.

 

29-njy madda. Patent eýesiniň hukuklary

 

1. Goralýan seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmagyň, şeýle hem peýdalanmaga rugsat bermegiň ýa-da gadagan etmegiň aýratyn hukugy patent eýesine degişlidir.

Patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulmagy bolup durýan hereketleri amala aşyrmaga, şol sanda şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlardan başga onuň rugsady bolmazdan seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga hiç kimiň haky ýokdur.

2. Seleksiýanyň gazananlary babatda patentiň eýesine hereket etmäge aşakdaky ýagdaýda rugsat  talap edilýär:

1) öndürilende ýa-da täzeden öndürilende (köpeldilende);

2) tohumy kopeltmek üçin ekiş kondisiýasyna ýetirilende;

3) satuwa hödürlenende;

4) satuw ýa-da ýerleşdirişiň beýleki görnüşlerinde;

5) Türkmenistanyň çäginden çykarylanda;

6) Türkmenistanyň çägine getirilende;

7) ýokarky maksatlar üçin saklananda.

3. Patent eýesiniň aýratyn hukugy goralýan sortuň tohum ýa-da   oturdylan ekinlerden öndürilen ösümlik materialyna, şeýle-de patent eýesiniň rugsady bolmazdan hojalyk dolanyşygyna girizilen, goralýan tohum haýwanlaryň tohumyndan öndürilen harytlyk mallara degişlidir.

Patent eýesiniň aýratyn hukugy tohumlyk, oturdylan ýa-da tohumlyk serişdelerine hem degişlidir, olar:

- eger bu goralýan sort ýa-da tohum düýpli ýagdaýda beýleki seleksiýanyň gazananlarynyň alamatlaryny nesle geçirmese, düýpli ýagdaýda goralýan (başlangyç) sortuň alamatlary nesle geçirýär;

- goralýan sortdan, tohumdan anyk tapawutlary bolmasalar;

- olary gaýtadan köpeltmek üçin goralýan sortuň, tohumyň birnäçe gezek peýdalanylmagyny talap edýärler.

4. Beýleki (başlangyç) goralýan seleksiýanyň gazananlaryny düýpli ýagdaýda nesil alamatlary bolan seleksiýanyň gazananlary diýlip, başlangyçdan aýdyň tapawutlanýan seleksiýanyň gazananlary ykrar edilýär:

- başlangyç seleksiýanyň gazananlary ýa-da seleksiýanyň gazananlary has düýpli alamatlaryny nesle geçirýär, şunda başlangyç seleksiýanyň gazananlarynyň mahsus alamatlaryny öz nesline geçirip, seleksiýanyň gazananlarynyň genotipini ýa-da genotipleriň kombinasiýasyny görkezýän esasy alamatlary saklanyp galsa;

- tohumyň başlangyç sortundan hususy seçip almak, indusirlenen mutant, gen inženeriýasy ýaly usullary ulanylmak bilen dörän gyşarmalardan başga başlangyç seleksiýanyň gazananlarynyň genotipine ýa-da genotipleriň kombinasiýasyna laýyk gelse.

5. Patent eýesiniň birnäçesine degişli seleksiýanyň gazananlary peýdalanylanda özara gatnaşyklar olaryň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilýär. Şeýle ylalaşyk bolmadyk mahalynda her bir patent eýesi seleksiýanyň gazananlaryny öz islegine görä peýdalanyp biler, ýöne oňa ygtyýarnama bermäge ýa-da galan patent eýeleriniň razylygy bolmazdan patenti başga şahsa bermäge haky ýokdur.

 

30-njy madda. Patent eýesiniň borçlary

 

Patent eýesi patentiň hereket edýän möhletiniň içinde sorty, tohumy goralýan seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawynda olaryň bellige alnan senesinde sortuň, tohumyň resmi ýazgysynda görkezilen başdaky alamatlary saklar ýaly saklamaga borçludyr.

Patent eýesi ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň talaby boýunça sort synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna ýa-da haýwanlaryň tohumynyň tohum synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna gözegçilik synaglaryny geçirmek üçin degişlilikde tohumlary ibermäge we ýerinde gözegçiligi geçirmek üçin şertleri üpjün etmäge ýa-da ýerinde gözegçilik synagyny geçirmek üçin tohumlyk serişdelerini bermäge borçludyr.

 

31-nji madda. Patent eýesiniň hukugynyň gutarmagy

 

Patent eýesiniň hukugy, eger şeýle hereketler soňra sorty, tohumy köpeltmek üçin gönükdirilmese, Türkmenistanyň çäginden çykarylanda patent eýeleriniň özlerine ýa-da onuň razylygy bilen satmak ýa-da ýerlemegiň başga görnüşleri arkaly olar hojalyk dolanyşygyna girizilenden soň goralýan sortuň ýa-da tohumyň islendik serişdesi babatda hereketine degişli däldir.

 

32-nji madda. Patent eýesiniň hukugynyň bozulmagy

 

Patent eýesiniň hukugynyň bozulmagy diýlip, patent eýesiniň rugsady bolmazdan amala aşyrylan şu aşakdaky hereketler ykrar edilýär:

- seleksiýanyň gazananlaryny öndürmek we gaýtadan öndürmek (köpeltmek);

- seleksiýanyň gazananlaryny tohumlyk ýa-da tohum kondisiýasyna ýetirmek;

- seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmak bilen döredilen önümi satmaga teklip etmek, satmak we  täjirçilik dolanyşygyna başga hili girizmek;

- goralýan seleksiýanyň gazananlaryny tohumlyk, oturdylan ýa-da tohum serişdelerini ýokarda sanalyp geçilen maksatlar üçin Türkmenistanyň çäginde saklamak, onuň çägine getirmek, äkitmek.

 

33-nji madda. Patent eýesiniň hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilmeýän hereketler

 

Şu aşakdakylar patent eýesiniň hukugynyň bozulmagy diýlip ykrar edilmeýär:

- goralýan sorty, tohumy täze seleksiýanyň gazananlaryny çykarmak üçin başlangyç material hökmünde peýdalanmak boýunça hereketler;

- patent eýesiniň rugsat beren ýagdaýynda ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtýarnama bermegi bilen, eger patent eýesi adalatly  hak-heşdek alan ýagdaýynda üçünji adama patentiň hereketini amala aşyrmaga ygtyýar berilýär;  

- hojalygy ýörediji subýektiň çäginde gaýtadan öndürmek üçin patent eýesinden alnan tohumlyk, oturdylan ýa-da tohum serişdeleriniň şu hojalygy ýörediji subýekt tarpyndan peýdalanylmagy.

 

34-nji madda. Patent eýesiniň hukugy we täjirçilik işini düzgünleşdirýän çäreler

 

Patent eýesiniň hukugy Türkmenistanyň çäginde seleksiýanyň gazananlarynyň materialynyň öndürilişini, güwälendirilişini we marketingini ýa-da şeýle materialy äkitmegi ýa-da getirmegi düzgünleşdirmek maksady bilen görülýän islendik çärelere bagly däldir.

 

35-nji madda. Patent eýesiniň hukuklaryny ýatyrmagyň islendik başga esasyny aradan aýyrmak

 

Patent eýesiniň hukugy şu Kanunyň 36-njy maddasynyň birinji böleginiň we 37-nji maddasynyň birinji böleginiň düzgünlerinde beýan edilenlerden tapawutlanýan esaslaryň güýjünde ýatyrylyp bilinmez.

 

VIII BAP. PATENTI HAKYKY DÄL DIÝIP YKRAR ETMEK, PATENTIŇ HEREKETINI BES ETMEK WE DIKELTMEK

 

36-njy madda. Patenti hakyky däl diýip ykrar etmek

 

1.Patent onuň hereketiniň bütin möhletiniň içinde jedelleşilip we hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner, eger:

- bellige alnan seleksiýanyň gazananlary şu Kanunda bellenen gorag ukyplylygynyň şertlerine laýyk gelmese;

- patent eýesi hökmünde patentde görkezilen şahsyň ony almak üçin kanuny esaslary bolmasa.

2. Islendik gyzyklanýan şahs  şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça patenti hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda esasly garşylygyny Apellýasiýa toparyna berip biler. Garşylygyň berilmegi we garalmagy üçin paç tölenilýär.

Garşylygyň nusgasy patent eýesine iberilýär, ol garşylygyň nusgasyny alan senesinden başlap üç aýyň içinde esaslandyrylan jogaby berip biler.

3. Şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda hakyky däl diýlip ykrar edilen patentiň hereketi seleksiýanyň gazananlarynyň bellige alnan senesinden bes edilýär.

Ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy hakyky däl diýlip ykrar edilen patentler hakyndaky maglumaty seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizýär we býulletende çap edýär.

 

37-nji madda. Patentiň hereketini möhletinden öň bes etmek

 

1. Eger patent eýesi patenti bellenilen we goşmaça möhletlerde güýjünde saklamak üçin ýyllyk pajy tölemese, patentiň hereketi möhletinden öň bes edilýär. Şu ýagdaýda patentiň hereketi bellenilen möhletiň gutaran senesinden bes edilýär.

2. Patent eýesiniň patentden ýüz öwürmek hakyndaky haýyşnamasynyň esasynda patentiň hereketi möhletinden öň bes edilip bilner. Ýüz öwürmek ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna haýyşnamanyň gelip gowşan senesinden güýje girýär. Patentden ýüz öwürmek hakyndaky haýyşnama yzyna alynmaga degişli däldir.

Patent eýesi patentden ýüz öwürmek meýli hakynda awtora (awtorlara) habar bermäge borçludyr. Şu ýagdaýda awtor patente eýelik etmäge bolan artykmaç hukuga eýedir.

Eger patent ygtyýarnama şertnamasynyň obýekti bolsa, eger şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, ondan ýüz öwürmek diňe ygtyýarnamanyň eýesiniň razylygy bilen mümkindir.

3. Ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy hereketi möhletinden öň bes edilen patentler hakyndaky maglumatlary seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizýär we býulletende çap edýär.

 

38-nji madda. Patenti ýatyrmak

 

1. Patent aşakdaky ýagdaýlarda ýatyrylýar, eger:

- seleksiýanyň gazananlary birmeňzeşligiň we durnuklylygyň  çelgisine indiden beýläk laýyk gelmese;

- patent eýesi on iki aýyň içinde sort synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň, haýwanlaryň tohumlarynyň synaglary baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň ýa-da ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň talaby boýunça birmeňzeşligiň we durnuklylygyň çelgisi seleksiýanyň gazananlaryna laýyk gelşini barlamak üçin gerek bolan tohumlyk, oturdylan, tohum serişdelerini, resminamalary we maglumaty bermese ýa-da bu maksatlar üçin ýerinde seleksiýanyň gazananlarynyň barlagyny geçirmek mümkinçiliklerini bermese;

- seleksiýanyň gazananlarynyň ady ýatyrylsa, patent eýesi bolsa, başga gabat gelýän ady teklip etmese.

2. Ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy ýatyrylan patentler hakyndaky maglumatlary seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizýär we býulletende çap edýär.

 

39-njy madda. Geçirilen möhletleri dikeltmek

 

1. Haýyşnamaçy ýa-da patent eýesi tarapyndan 13-nji maddanyň dördünji böleginde, 16-njy maddanyň üçünji böleginde, şu maddanyň ikinji böleginde, şu Kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, geçirilen möhletler ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan dikeldilip bilner.

2. Seljermäniň talap etmegi boýunça resminamalary we goşmaça materiallary bermegiň haýyşnamaçy tarapyndan geçirilen möhleti, seljermäni geçirmek hakynda towakganamany bermegiň möhleti, seljermäniň çözgüdine garşylygy bermegiň möhleti haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça dikeldilip bilner.

3. Geçirilen möhleti dikeltmek hakyndaky towakganama haýyşnamaçy tarapyndan goşmaça paç tölenilen mahalynda bellenilen möhletiň gutaran senesinden başlap alty aýdan gijä galman ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna haýyşnamaçy tarapyndan berlip bilner.

 

40-njy madda. Patentiň hereketini dikeltmek

 

1. Seleksiýanyň gazananlaryna bolan patentiň güýjünde saklanylmagy üçin pajyň tölenmezligi bilen baglanyşykly onuň bes edilen hereketi patent eýesi ýa-da aýratyn ygtyýarnama eýelik edijiniň towakganamasy boýunça dikeldilip bilner. Towakganama patentiň hereketiniň bes edilen senesinden başlap üç ýylyň içinde, ýöne onuň hereketiniň bellenilen möhletiniň gutarmagyndan gijä galman ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna berilmelidir. Towakganama patentiň hereketiniň dikeldilmegi üçin pajyň tölenilmegini tassyklaýan resminama goşulmalydyr.

2. Ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy patentiň hereketini dikeltmek hakyndaky maglumaty býulletende çap edýär.

 

41-nji madda. Soňundan ulanmak hukugy

 

Patentiň hereketiniň bes edilen senesi bilen patentiň hereketini dikeltmek hakyndaky maglumatlaryň ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň resmi býulleteninde çap edilen senäniň arasyndaky döwürde ýuridik ýa-da fiziki şahs Türkmenistanyň çäginde patentlenen seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga başlasa ýa-da görkezilen döwürde munuň üçin gerek bolan taýýarlyk etse, şeýle peýdalanmagyň  möçberini artdyrmazdan ony mundan beýläk muzdsuz peýdalanmaga bolan hukugyny (soňundan ulanmak hukugyny) saklaýar.

 

IX BAP. PATENTE BOLAN HUKUKLARY GEÇIRMEK

 

42-nji madda. Seleksiýanyň gazananlaryna bolan hukuklary geçirmek

 

Seleksiýanyň gazananlary üçin patent hereket edýän bütin möhletiniň içinde hukugy geçirmegiň obýekti bolup biler.

Patenti almaga bolan hukuk, patentiň berilmegi üçin haýyşnamanyň bellige alynmagyndan gelip çykýan hukuklar, şeýle hem patentden gelip çykýan hukuklar islendik şahsa geçirilip bilner.

Hukuklary geçirmek hukugy şertnama esasynda, hukuk oruntutarlygyň we miras almagyň tertibinde, şeýle hem ygtyýarnama şertnamasynyň esasynda amala aşyrylyp bilner.

 

43-nji madda. Patenti bermek

 

Patente bolan hukuk erkin görnüşde düzülen we patent eýesi hem-de hukuk oruntutary tarapyndan gol çekilen şertnama boýunça islendik gyzyklanýan şahsa berlip bilner.

Şertnama taraplaryň islendiginiň ýazmaça haýyşnamasy boýunça ösümlikleriň sortlaryna we tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynda bellige alynýar we seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawynda ol bellige alnandan soň güýje girýär. Şertnamanyň bellige alnandygy hakynda maglumatlar býulletende çap edilýär. Bellige alynmadyk şertnama hakyky däl diýlip hasap edilýär.

 

44-nji madda. Patente bolan ygtyýarnama

 

1. Patent eýesi bolup durmaýan ýuridik ýa-da fiziki şahs diňe ygtyýarnama şertnamasynyň esasynda patent eýesiniň rugsat bermegi bilen patentlenen seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga haklydyr.

Patent eýesi (lisenziar) ygtyýarnama şertnamasy boýunça goralýan seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga bolan hukugy şertnamada göz öňünde tutulan möçberde beýleki şahsa (lisenziata) bermäge borçlanýar. Lisenziat şertnama bilen şertlendirilen tölegleri lisenziata geçirmek we şertnamada göz öňünde tutulan beýleki hereketleri amala aşyrmak borjuny öz üstüne alýar.

2. Aýratyn ygtyýarnama bolanda lisenziata berilmeýän böleginde ony peýdalanmak hukugyny lisenziatda saklap galmak bilen şertnamada görkezilen çäklerde lisenziata seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga bolan aýratyn hukuk berilýär.

Aýratyn bolmadyk ygtyýarnama mahalynda lisenziar patent bilen berilýän ähli hukuklary, şol sanda üçünji taraplara ygtyýarnamalary bermäge bolan hukuklary özünde saklaýar.

Doly ygtyýarnama mahalynda lisenziara peýdalanmak we ygtyýarnamany beýleki şahslara bermäge bolan hukuklaryny saklap galmazdan lisenziata seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga aýratyn hukuk berilýär.

3. Eger ygtyýarnama şertnamasynda kömekçi ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmak mümkinçiligi göz öňünde tutulsa, onda şu ýagdaýda kömekçi lisenziat hökmünde çykyş edýän kömekçi lisenziar seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga bolan artykmaç däl ygtyýarnamany bermek hakynda üçünji tarap (kömekçi lisenziat) bilen kömekçi ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmaga haklydyr.

Eger ygtyýarnama şertnamasy bilen başga zat göz öňünde tutulmasa, kömekçi lisenziaryň hereketleri üçin lisenziatyň öňündäki jogapkärçiligi lisenziat çekýär.

4. Ygtyýarnamanyň bellige alnandygy hakynda maglumatlar býulletende çap edilýär. Bellige alynmadyk ygtyýarnama hakyky däl diýlip hasap edilýär.

5. Patent eýesi seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga bolan hukuklary islendik şahsa bermek hakyndaky haýyşnamany ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna berip biler (açyk ygtyýarnama). Şu ýagdaýda patentiň güýjünde saklanylmagy üçin paçlar ygtyýarnama hakyndaky maglumatlaryň çap edilen ýylyndan soň gelýän ýyldan başlap 50 göterim kemeldilýär. Görkezilen seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga isleg bildiren şahs patent eýesi bilen degişli şertnamany baglaşmaga borçludyr.

Açyk ygtyýarnamada berilýän hukuklar aýratyn bolmadyk ygtyýarnamada berilýän hukuklaryň möçberinden ýokary geçip bilmez.

Açyk ygtyýarnama hakynda maglumatlar çap edilenden soň açyk ygtyýarnama bolan hukuklary bermek hakynda patent eýesiniň haýyşnamasy yzyna alynmaga degişli däldir.

 

45-nji madda. Mejbury ygtyýarnama

 

1. Eger seleksiýanyň gazananlaryna patent eýesi tarapyndan ýa-da olara hukuk berlen şahslar tarapyndan patentiň berlen senesinden başlap dört ýylyň içinde Türkmenistanda peýdalanylmasa ýa-da ýeterlik peýdalanylmasa, onda seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmak isleýän we peýdalanmaga taýýar bolan islendik şahs degişli tejribede ýola goýlan şertlerde patent eýesi bu şahs bilen ygtyýarnama şertnamasyny baglaşmakdan boýun gaçyran mahalynda görkezilen seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga bolan aýratyn bolmadyk mejbury ygtyýarnamanyň özüne berilmegi hakynda hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga hukuklydyr.

Eger patent eýesi seleksiýanyň gazananlarynyň peýdalanylmazlygyny ýa-da ýeterlik bolmadyk peýdalanylmagyny esasly sebäpler bilen şertlendirilendigini subut etmese, kazyýet peýdalanmagyň çäklerini, hereket ediş möhletini, möçberini, tölegleriň möhletlerini we tertibini kesgitlemek bilen gyzyklanýan şahsa aýratyn bolmadyk mejbury ygtyýarnamany berýär. Tölegleriň möçberi ýola goýlan tejribä laýyklykda kesgitlenen ygtyýarnamanyň bazar bahasyndan pes bolmadyk baha bilen bellenilmelidir.

Mejbury ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti kazyýet tarapyndan bellenilýär.

Mejbury ygtyýarnama diňe berlen ygtyýarnama laýyklykda we çäklerde ýol berilýän usul bilen seleksiýanyň gazananlaryny netijeli peýdalanmagy üpjün edip biljek şahsa berilýär.

2. Mejbury aýratyn bolmadyk ygtyýarnama mejbury ygtyýarnamany peýdalanmak üçin ýeterlik bolan mukdarda ilkinji tohum, oturdylan ýa-da tohum serişdeleri patent eýesinden almak hukugyny onuň eýesine berýär.

Mejbury ygtyýarnama goralýan seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmak ýa-da ony peýdalanmak üçin ygtyýarnamany üçünji şahsa bermek üçin patent eýesine päsgelçilikler döretmeýär.

3. Ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy mejbury ygtyýarnamany bermek hakyndaky maglumatlary seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizýär we býulletende çap edýär.

Mejbury ygtyýarnamany bermek hakyndaky maglumatlaryň bellige alnandygy we resmi býulletende çap edilendigi üçin lisenziat tarapyndan degişli paç tölenilýär.

 

46-njy madda. Seleksiýanyň gazananlaryny ulanmak

 

Eger morfologik we fiziologik alamatlar boýunça tohumlyk, oturdylan ýa-da tohum serişdeleri soňra köpeltmek üçin öndürilen, köpeldilen we sort ýa-da tohum kondisiýasyna ýetirilen, goralýan seleksiýanyň gazananlarynyň resmi ýazgysynda bar bolan maglumatlara laýyk gelse, seleksiýanyň gazananlary ulanylýar diýlip ykrar edilýär.

 

X BAP. AWTORLARYŇ, HAÝYŞNAMAÇYLARYŇ WE

PATENT EÝELERINIŇ HUKUKLARYNY GORAMAK

 

47-nji madda. Patent eýesiniň hukuklarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

1. Patentlenen seleksiýanyň gazananlaryny şu Kanuny bozmak bilen peýdalanýan ýuridik ýa-da fiziki şahs patent eýesiniň aýratyn hukugyny bozujy diýlip hasap edilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

2. Patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulandygy hakynda hak islegi haçan-da patent eýesiniň öz hukugynyň bozulandygy hakynda bilen ýa-da bilmeli bolan gününden başlap üç ýylyň içinde bildirilip bilner.

Patent eýesiniň aýratyn hukugynyň bozulandygy hakynda hak islegi patent eýesi ýa-da onuň hukuk oruntutary tarapyndan bildirilýär.

Patent eýesiniň hukuklarynyň bozulmagy hakynda hak islegi, eger ygtyýarnama şertnamasynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, aýratyn ygtyýarnamanyň eýesi tarapyndan ýa-da eger ygtyýarnama şertnamasynda bu göz öňünde tutulan bolsa, aýratyn bolmadyk ygtyýarnamanyň eýesi tarapyndan hem berlip bilner.

3. Patentlenen seleksiýanyň gazananlaryny bikanun peýdalanýan ýuridik ýa-da fiziki şahs patent eýesiniň  talap etmegi ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça şu aşakdakylara borçludyr:

patent eýesiniň hukugyny ykrar etmäge;

patent eýesiniň hukuklaryny bozýan hereketleri bes etmäge;

elden gidirilen peýdany goşup, ýitgileriň öwezini dolmaga ýa-da kazyýetiň çözgüdi bilen ýa-da taraplaryň ylalaşmagy boýunça kesgitlenýän öwez puluny tölemäge;

ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga;

patent eýesiniň işewür abraýyny dikeltmek maksady bilen kazyýet çözgüdini çap etmäge.

Kazyýet patenti bozujydan goralýan seleksiýanyň gazananlarynyň tohumlyk, oturdylan ýa-da tohum serişdelerini, şeýle hem ony peýdalanmak bilen döredilen önümi muzdsuz almak hakynda karar çykarmaga haklydyr.

 

48-nji madda. Apellýasiýa topary

 

1. Apellýasiýa topary şu Kanuny ulanmak bilen baglanyşykly aşakdaky garşylyklara garamaga doly ygtyýarlydyr:

a) seleksiýanyň gazananlaryna bolan haýyşnama boýunça seljermäniň çözgüdine;

b) seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanmaga bolan patenti başga birine bermek hakynda şertnamanyň ýa-da ygtyýarnama şertnamanyň bellige alnandygy hakynda seljermäniň çözgüdine;

ç) şu Kanunyň 36-njy maddasyna laýyklykda patenti hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda;

d) şu Kanunyň 37-nji, 38-nji we 40-njy maddalarynyň esasynda patentiň hereketini möhletinden öň bes etmek, ýatyrmak ýa-da hereketini dikeltmek hakynda ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň çözgüdine;

e) Apellýasiýa toparynyň ygtyýaryna girýän beýleki meseleler boýunça.

2. Haýyşnamaçy ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenen möhletlerde şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan garşylyklary Apellýasiýa toparyna bermäge haklydyr.

Şu maddanyň birinji böleginiň "a", "b", "d" we "e" kiçi bentlerinde göz öňünde tutulan garşylyklar olaryň gelip gowşan senesinden başlap dört aý möhletde Apellýasiýa topary tarapyndan garalmalydyr.

Şu maddanyň birinji böleginiň "ç" kiçi bendinde göz öňünde tutulan garşylyklar, eger seleksiýanyň gazananlarynyň goşmaça synaglaryny geçirmek talap edilmese, olaryň gelip gowşan senesinden başlap alty aý möhletde Apellýasiýa topary tarapyndan garalmalydyr.

3. Apellýasiýa toparynyň çözgüdine Apellýasiýa topary tarapyndan çözgüdiň tassyklanan senesinden başlap alty aýyň içinde gyzyklanýan taraplaryň islendigi tarapyndan kazyýete şikaýat edilip bilner.

4. Apellýasiýa topary hakyndaky Düzgünnama we Apellýasiýa toparyna berlen garşylyklara we haýyşnamalara garamagyň Tertibi ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasynyň ýokarda durýan guramasy tarapyndan tassyklanylýar.

 

49-njy madda. Seleksiýanyň gazananlaryny döretmegi we peýdalanmagy döwlet tarapyndan höweslendirmek

 

Ylmy-tehniki progresi üpjün etmek, Türkmenistanyň intellektual mümkinçiligini pugtalandyrmak we seleksiýa babatda döredijiligiň ösdürilmegine ýardam etmek maksady bilen döwlet tarapyndan patent eýelerine we ygtyýarnama şertnamasy boýunça seleksiýanyň gazananlaryny peýdalanýan şahslara, şeýle hem seleksiýanyň gazananlaryna bolan hukugy almaga we goramaga ýardam edýän şahslara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňillikler berilýär.

 

XI BAP. SELEKSIÝANYŇ GAZANANLARYNY HUKUK TAÝDAN GORAMAK BABATDA HALKARA GATNAŞYGY

 

50-nji madda. Beýleki döwletlerden patenti almak üçin haýyşnamany bermek hukugy

 

Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary seleksiýanyň gazananlarynyň hukuk goragy üçin haýyşnamany beýleki döwletiň ygtyýarly edaralaryna bermäge haklydyrlar.

Seleksiýanyň gazananlarynyň hukuk goragy üçin beýleki ýurda berilýän haýyşnama Türkmenistanda ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasyna deslapdan berilmelidir. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda seleksiýanyň gazananlaryna bolan hukuk goragy bilen baglanyşykly çykdajylary haýyşnamaçy çekýär.

 

51-nji madda. Daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklary

 

1. Daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslar gatnaşyjysy Türkmenistan bolup durýan halkara şertnamalarynyň güýjünde ýa-da arkalaşyklylyk ýörelgesiniň esasynda Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary bilen bir hatarda şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklardan peýdalanýarlar.

2. Daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslar, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan we hemişelik ýaşaýan ýeri bolan Türkmenistanyň raýatlary ösümlikleriň sortlaryna we haýwanlaryň tohumlaryna patentleri bermek baradaky ygtyýarly döwlet edarasy bilen gatnaşyklarda, eger gatnaşyjysy Türkmenistan bolup durýan halkara şertnamalarynda başga tertip göz öňünde tutulmadyk bolsa, bu edarada bellige alnan patentli ynanylan wekilleriň üsti bilen öz hukuklaryny durmuşa geçirýär.

 

52-nji madda. Seleksiýanyň gazananlarynyň getirilişine we äkidilişine gözegçilik

 

Seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawynda hasaba alnan seleksiýanyň gazananlarynyň Türkmenistanyň çägine getirilişine we ondan äkidilişine gözegçilik Türkmenistanyň Gümrük kodeksine we seleksiýanyň gazananlaryny getirmegiň we äkitmegiň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda gümrük edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

XII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

53-nji madda. Jedellere garamak

 

Şu Kanuny ulanmak bilen baglanyşykly jedellere Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde garalýar.

 

54-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

       Türkmenistanyň                                                 Gurbanguly

             Prezidenti                                                   Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2011-nji ýylyň 4-nji awgusty.

№ 207-IV.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 04.08.2011
Resminamanyň belgisi № 207-IV