Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksini tassyklamak

we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2008 ý., № 4, 54-nji madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksini tassyklamaly.

2-nji madda. Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksini 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.

3-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyk getirilýänçä, olar Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

4-nji madda. Şu Kodeksde bellenen düzgünler, ol güýje girizilenden soň deňiz söwda gatnawlary çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklar babatda ulanylýarlar.

Şu Kodeks güýje girizilmezden öň bellenen düzgünler deňiz söwda gatnawlary çygrynda ol güýje girizilenden soň ýüze çykjak hukuklar we borçlar babatda ulanylýarlar.

Şu Kodeksde bellenen we aýry-aýry görnüşli şertnamalaryň mazmunyny takyklaýan düzgünler şu Kodeks güýje girizilenden soň baglaşylan şertnamalar babatda ulanylýarlar.

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyk getirmeli.

 

            Türkmenistanyň                                             Gurbanguly

                  Prezidenti                                             Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri

2008-nji ýylyň 23-nji oktýabry.

№ 222-III

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 23.10.2008
Resminamanyň belgisi № 222-Ш