Uglewodorod serişdeleri hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Uglewodorod serişdeleri hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 3, 40-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 12.03.2010 ý. № 96-IV, 04.08.2011 ý. № 217-IV,

01.10.2011 ý. № 238-IV, 04.05.2012 ý. № 302-IV 22.12.2012 ý. № 368-IV,

12.09.2016 ý. № 436-V, 04.11.2017 ý. № 636-V we 09.06.2018 ý. № 41-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Hazar deňziniň türkmen bölegini goşmak bilen, Türkmenistanyň çäginde uglewodorod serişdeleriniň gözleginiň, gazylyp alnyşynyň we nebit ışleriniň beýleki görnüşleriniň ýerine ýetirilişiniň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kesgitleýär we uglewodorod serişdeleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmäge we Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň geljekki nesiller üçin goralyp saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

I bölüm. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjelerden peýdalanylýar:

1-nji bent Türkmenistanyň 12.09.2016 ý. №436-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren;

2) Toplum - Türkmenistanyň hukuk taýdan garamagynda durýan, gury ýerde ýa-da suwda doly ýa-da bölekleýin ýerleşýän we toplumlaryň ýörite düzülen kartalarynda degişli görnüşde bellenilen çägiň bir bölek ýeri.

3) Içki suw howdanlary - Türkmenistanyň hukuk taýdan garamagynda durýan köller, emeli suw howdanlary we daş töweregi gury ýer bilen gurşalan başga suwly ýerler.

4) Gazyp almak - Şertnama laýyklykda ýa-da Konserniň tabşyrygy boýunça Uglewodorod serişdeleriniň ilkibaşlangyç usullar arkaly ýa-da gatlagyň energiýasynyň emeli goldanylmagy bilen ýerastyndan çykarylmagy, Uglewodorod serişdeleriniň (şol sanda Konserniň paýynyň) saklanylmagy, taýýarlanylmagy, ýüklenilmegi, ammarlanylmagy, ulagly daşalmagy, ölçelmegi, eltilmegi we marketingi (satylmagy) boýunça işleriň ähli görnüşleri hem-de işleriň başga görnüşleri, şol sanda infrastrukturanyň obýektleriniň gurluşygynyň we beýleki gurluşyklaryň amala aşyrylmagy, maddy we maddy däl aktiwleriň satyn alynmagy we kärendesi.

5) Şertnama - Nebit işlerini amala aşyrmak üçin Konserniň we Potratçynyň arasynda baglaşylýan ylalaşyk.

6) Şertnamalaýyn çäk - Potratça Nebit işlerini geçirmäge rugsat edilen we şertnamanyň goşundylarynda häsiýetlendirme berlen, konturlary geçirilen hem-de geografık koordinatlar bilen kesgitlenen çäk.

7) Konsern - şu Kanuna we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça ygtyýarlyklar berlen edara görnüşli tarap («Türkmennebit» hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernleri).

8) Ygtyýarnama - Potratça we Operatora Konsern tarapyndan berilýän we şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda Nebit işlerini ýa-da olaryň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga hukuk berýän hukuk namasy görnüşindäki ýuridik gural.

9) Şahs - şahsy ýa-da edara görnüşli tarap.

10) Senagat ähmiýetli ýatak - tapylyp açylandan we ähli degişli maglumatlary, operatiw, tehniki we ykdysady görkezijileri öwrenilenden soň, Şertnamanyň şertlerine laýyklykda senagat gerimlerinde özleşdirilip bilinjek Uglewodorod serişdeleriniň ýatagy.

11) Nebit işleri - Gözleg we Gazyp almak boýunça Şertnama laýyklykda amala aşyrylýan ähli işler.

12) Kadaly atmosfera basyşy we temperatura - atmosferalaryň 1,01325 basyşy we Farengeýt boýunça 60 gradus temperaturasy.

13) Ygtyýarnamanyň eýesi - şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Ygtyýarnama alan Şahs.

14) Tapylma - Uglewodorod serişdeleriniň Şertnamalaýyn çäkde amala aşyrylan we gerekli ýagdaýda Potratçy tarapyndan Senagat ähmiýetli ýatakdygynyň kesgitlenilmegi üçin obýekt bolup biljek islendik täze tapylmasy.

15) Operator - Operatoryň Ygtyýarnamasyna laýyklykda Potratçynyň adyndan we onuň tabşyrygy boýunça Nebit işlerini gös-göni her günde we tiz wagtda amala aşyrýan Şahs.

16) Potratçy - Ygtyýarnamanyň eýesi bolup durýan we şu Kanuna laýyklykda Konsern bilen Şertnama baglaşan Şahs (Şahslar).

17) Işläp taýýarlamagyň düzgünleri -1999-njy ýylyň 22-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamagyň düzgünleri.

18) Tebigy gaz - Kadaly atmosfera basyşyndaky we temperaturadaky gazgörnüşli ýagdaýda bolýan uglewodorodlar, Çig nebite ugurdaş we ugurdaş bolmadyk gazlar.

19) Içerki turbageçirijisi - Uglewodorod serişdelerini Gazylyp alynýan ýerinden Eltilmeli nokada çenli geçirmek üçin peýdalanylýan ýer üsti, suw asty we başga desgalary, kommunikasiýalary we enjamlary öz içine alýan tehniki desga.

20) Eltiliş nokady - Şertnamalaýyn çäkdäki ýa-da onuň çäginden daşardaky gazylyp alnan Uglewodorod serişdeleriniň eltilýän, ölçegleri geçirilýän we Şertnamanyň taraplarynyň Şertnama  laýyklykda Uglewodorod serişdelerinden öz paýyny alýan ýeri ýa-da ýerleri.

21) Gözleg işi - Şertnama laýyklykda Uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny tapmak maksady bilen geçirilýän, şol sanda şpurlary burawlamagy, kernleri almagy, stratigrafık synaglary, guýulary burawlamagy, aerokosmiki surata düşürmegi, maddy we maddy däl aktiwleri satyn almagy hem-de kärendä almagy öz içine alýan geologik, geofıziki we başga işler.

22) Baş kompaniýa - Potratçyny dolandyrmaga we oňa gözegçilik etmäge hukuk berýän paýlarynyň, bölekleriniň, paýnamalarynyň 50 göteriminden hem gowragyna ýa-da onuň kontrol paketine eýelik edýän edara görnüşli tarap.

23) Garyndaş kompaniýa -Potratça gözegçilik edýän ýa-da Potratçy tarapyndan gözegçilik edilýän, ýa-da şol bir wagtda Potratça gözegçilik edýän başga edara görnüşli tarapyndan gözegçilik edilýän edara görnüşli tarap. Şu düşünjäniň maksatlary üçin, gözegçilik diýip dolandyrmaga we gözegçilik etmäge hukugy bolan 50 göterimden köp paýlara, böleklere, paýnamalara degişli gös-göni ýa-da araçylyk eýeçilik hukugy arkaly, edara görnüşli tarapyň ýa-da Potratçynyň strategiýasyny kesgitlemek boýunça ygtyýarlyklara düşünilýär.

24) Serwis hyzmatlary - Nebit işleriniň töwekgelçilikli Serwis hyzmatlary üçin Şertnama laýyklykda amala aşyrylýan aýry-aýry görnüşleri.

25) Bilelikde iş alyp barmak - Konserniň we täze edara görnüşli tarapyny döretmeýän Şahslaryň birleşiginiň arasynda baglaşylan Şertnamany amala aşyrmak üçin tehniki, maliýe we başga serişdeleri bermäge bilelikde gatnaşýan şonuň ýaly Şahslaryň birleşiginiň amala aşyrýan işleri.

26) Şertnamanyň taraplary -Şertnamany baglaşan Konsern we Potratçy.

27) Çig nebit - islendik uglewodorodlar, şol sanda guýularyň agzynda ýa-da nebit-gaz separatorynda Kadaly atmosfera basyşynda we temperaturada suwuk ýagdaýynda bolýan, Tebigy gazdan alynýan distillýatlar we kondensatlar.

28) Kömekçi potratçy - Potratçynyň Şertnamasynyň çäklerinde Nebit işleriniň aýratyn görnüşlerini (şol sanda bilelikdäki işleri hem) ýerine ýetirmek boýunça Potratçy bilen baglaşylan Şertnamada beýan edilen harytlaryň Potratçy üçin üpjün edilmegini, işleriň we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini  amala aşyrýan Şahs. Başga şertnamany ýerine ýetirmeginiň çäklerinde Kömekçi potratçy üçin Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirýän Şahs hem Kömekçi potratçy hökmünde kesgitlenilýär.

29) Turbageçiriji ulag - Içerki turbageçirijisini we Eksport magistral turbageçirijisini öz içine alýan tehniki desgalar.

30) Uglewodorod serişdeleri - Çig nebit we Tebigy gaz, şeýle hem olardan öndürilýän ýa-da olar bilen bile gazylyp alynýan komponentler.

31) Eksport magistral turbageçirijisi - Uglewodorod serişdelerini Eltiliş nokadyndan Eksport nokadyna çenli geçirmek üçin peýdalanylýan, kommunikasiýanyň ýerüsti, suwasty we başga desgalaryndan hem-de enjamlaryndan ybarat bolan tehniki desgasy.

32) Eksport nokady - Şertnamanyň taraplarynyň Uglewodorod serişdelerinden Şertnama laýyklykda eksport üçin niýetlenen paýlarynyň Türkmenistanyň çägindäki eltilýän ýeri ýa-da ýerleri.

 

2-nji madda. Şu Kanunyň ulanylyş çygry

 

1. Şu Kanun Türkmenistanyň hukuk taýdan garamagynda durýan çäkde, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde we Içki suw howdanlarynda, Nebit işleriniň geçirilýän döwründe Ygtyýarnamalary bermekligiň tertibini, şunuň ýaly işleriň geçirilmegi barada Şertnamalar baglaşylanda we ýerine ýetirilende ýüze çykýan gatnaşyklary döwlet edaralarynyň, şeýle hem Nebit işlerini amala aşyrýan Şahslaryň wezipelerini we ygtyýarlyklaryny düzgünleşdirýär.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda şu Kanunda göz öňünde tutulan düzgünlerden başga düzgünler bellenilen ýagdaýynda şu Kanunyň düzgünleri ulanylýar.

3. Şu Kanun Nebit işleriniň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ýüze çykýan we şu maddanyň birinji böleginde görkezilen gatnaşyklaryň alamatlaryna gabat gelýän haýsydyr bir gatnaşyklary düzgünleşdirmeýän halatynda, onda şunuň ýaly gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda düzgünleşdirilýär.

4. Eger Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamasynda şu Kanunda bar bolan düzgünlerden başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.

 

3-nji madda. Ulanylýan hukuk

 

Şu Kanun boýunça ulanylýan hukuk diňe Türkmenistanyň hukugy bolup durýar we şu Kanun boýunça baglaşylan Şertnama oňa laýyklykda düzgünleşdirilýär we düşündirilýär.

 

4-nji madda. Uglewodorod serişdelerine eýeçilik etmek hukugy

 

1. Türkmenistanyň çägindäki ýer astyndaky öz tebigy ýagdaýyndaky Uglewodorod serişdeleri diňe Türkmenistanyň eýeçiligine degişli emläk bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) Uglewodorod serişdelerine eýeçilik etmek, peýdalanmak we ygtyýarlyk etmek boýunça hukuk güýjüne eýelik edýär.

3. Şu Kanunda bellenilen ygtyýarlyklaryň çäklerinde Uglewodorod serişdeleriniň dolandyrylmagyny we ulanylmagyny Konsern amala aşyrýar.

 

II bölüm. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (Hökümetiniň), Konserniň Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak hem-de peýdalanmak babatyndaky ygtyýarlyklary

 

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (Hökümetiniň) ygtyýarlygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti):

1) Uglewodorod serişdelerini peýdalanmagyň baş ugruny kesgitleýär;

2) Uglewodorod serişdelerini peýdalanmagyň tertibini, şeýle hem olary goramagyň kadalaryny belleýär;

3) Türkmen halkynyň däbe öwrülen ruhy ýörelgelerini, medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan mukaddes ýerleri, taryhy we medeni ýadygärlikleri hem-de başga obýektleri gorap saklamak we baýlaşdyrmak maksady bilen aýry-aýry meýdançalarda Nebit işleriniň geçirilmegine çäklendirmeleri girizýär;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda bellenilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

6-njy madda. Konserniň hukuk ýagdaýynyň esaslary

 

Konserniň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

 

7-nji madda. Konserniň esasy wezipeleri we ygtyýarlyklary

 

1. Konsern Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak babatynda şu esasy wezipeleri amala aşyrýar:

1) Nebit işlerini alyp barmagyň halkara tejribesiniň ölçeglerine laýyk gelýän Uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmegiň bir umumy kadalaryny, şeýle hem Nebit işlerini alyp barmagyň beýleki kadalaryny we iş tapgyrlaryny belleýär;

2) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen kadalar boýunça geçirilýän tenderi taýýarlamak we geçirmek barada işi alyp barýar; geçirilen tenderiň netijeleri boýunça Ygtyýarnamany bermek we dalaş edýän bilen Şertnama baglaşmak üçin gepleşikleri geçirýär;

3) Ygtyýarnama almaga we Şertnama baglaşmaga dalaş edýän bilen göni (eksklýuziw däl) gepleşikleri geçirýär;

4) Ygtyýarnama berýär we olary bellige alýar;

5) Şertnamalara gol çekýär we olaryň degişli döwlet dolandyryş edaralarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alynmagyny üpjün edýär;

6) Nebit işleri geçirilende işleriň alnyp barlyşyna, bu işleriň alnyp barlyşynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine, şeýle hem Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

7) Nebit işleri geçirilende Potratçy tarapyndan daşky gurşawy, ilatyň janyny we saglygyny goramak, sagdyň we howpsyz zähmet şertlerini üpjün etmek boýunça çäreleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

8) Nebit işleri geçirilende Potratçylaryň arasyndaky işleriň utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar;

9) Uglewodorod serişdeleriniň statistik hasabatynyň ýöredilmegini guraýar;

10) şu Kanuna laýyklykda Ygtyýarnamanyň hereketini togtadýar, täzeden dikeldýär, uzaldýar we ýatyrýar;

11) gazylyp alnan Uglewodorod serişdelerini başga döwletleriň çäginiň üstünden geçirmek üçin turba geçirijileri we başga daşaýyş-geçiriş desgalaryny gurmagyň we ulanmagyň meseleleri boýunça, şeýle hem şol ýurtlarda bar bolan we ulanylýan şoňa meňzeş daşaýyş-geçiriş desgalaryny peýdalanmagyň meseleleri boýunça agzalan döwletleriň degişli Şahslary bilen gepleşikleri alyp barýar we ylalaşyklary baglaşýar;

12) içerki we daşarky bazarlarda aktiwleriň we maliýe serişdeleriniň ynanyşykly dolandyrylyşyny amala aşyrýar;

13) Nebit işlerini geçirmek baradaky Şertnama laýyklykda Konserne degişli bolup durýan Uglewodorod serişdelerini almagyň we peýdalanmagyň tertibini kesgitleýär;

14) Nebit işlerini geçirmek baradaky Şertnama laýyklykda özüne degişli bolup durýan Konserne gowuşýan girdejilere ygtyýarlyk edýär;

15) içerki we daşarky bazarlarda özüniň islendik görnüşdäki emlägini (aktiwlerini) dolandyrmagy, eýeçilik etmegi, peýdalanmagy we oňa ygtyýarlyk etmegi amala aşyrýar;

16) şu Kanunyň 54-nji maddasynyň birinji böleginde bellenilen ýagdaýlara laýyklykda Potratçynyň emläginiň ulanylyşyny we Konserne geçýän emlägi hasaba alýar;

17) Şertnamadan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýetde, araçy kazyýetde, halkara sudunda we arbitražynda talapkär ýa-da jogapkär hökmünde çykyş edýär we özüne degişli emläk bilen borçnamalary öz üstüne alýar;

18) Türkmenistanyň kanunlarynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda Konserne berlen başga wezipeleri amala aşyrýar.

2. Konsern Potratçydan bank kepilliginiň ýa-da onuň Baş kompaniýasynyň kepilliginiň berilmegini talap etmäge haklydyr.

3. Konsern öz üstüne ýüklenilen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen aşakdaky hukuklara eýedir:

1) Nebit işleri geçirilende ulanylýan enjamlaryň we gurallaryň barlagyny ýa-da synagyny geçirmäge;

2) Nebit işleriniň geçirilýän islendik çäginden Uglewodorod serişdeleriniň ýa-da başga maddalaryň nusgalaryny almaga;

3) Nebit işlerine degişli tehniki, maliýe we başga resminamalaryň barlagyny geçirmäge we olaryň göçürmesini we nusgasyny almaga;

4) Nebit işlerini geçirmäge ýa-da olaryň geçirilmegini Potratça tabşyrmaga.

Şertnama laýyklykda ýa-da Konserniň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýan Konserniň Uglewodorod serişdeler paýynyň Konsern tarapyndan ýa-da onuň tabşyrygy boýunça Potratçy tarapyndan saklanylmagy, taýýarlanylmagy, ýüklenilmegi, ammarlanylmagy, ulagly daşalmagy, ölçelmegi, eltilmegi we marketingi (satylmagy) boýunça işleriň ähli görnüşleri, şeýle hem işleriň başga görnüşleri, şol sanda infrastrukturanyň obýektleriniň gurluşygynyň we başga gurluşyklaryň amala aşyrylmagy, maddy we maddy däl aktiwleriň satyn alynmagy we kärendesi Nebit işleri hasaplanylýar;

5) Potratçy hökmünde Şertnama gatnaşmak üçin Şahsy hödürlemäge;

6) daşky gurşawyň goralyp saklanmagyny, Potratçynyň işgärleriniň we ilatyň  howpsuzlygyny we saglygynyň goragyny üpjün etmek bilen bagly görkezmeleri bermäge we Potratçynyň işine çäklendirmeleri girizmäge;

7) tehniki, ekologik we maliýe auditlerini, analitik we başga barlaglary geçirmäge, şeýle hem Potratçynyň Türkmenistanyň kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerini berjaý etmeginiň meseleleri boýunça maglumaty ýygnamagy amala aşyrmaga;

8) şu Kanunyň, Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň Potratçy we Operator tarapyndan berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmäge;

9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Konserne berlen başga hukuklary amala aşyrmaga.

4. Konserniň ygtyýarly wezipeli adamlarynyň Nebit işleriniň geçirilmegi bilen baglanyşykly peýdalanylýan islendik çäklere, şol sanda Şertnamalaýyn çäge, islendik bina, ulag serişdesine päsgelçiliksiz girmäge haky bardyr.

5. Konserniň öz üstüne ýüklenen wezipelerini we ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýän wagtynda, ýerli we daşary ýurtly hünärmenleri we bilermenleri işe çekmäge hukugy bardyr.

6. Konsern öz üstüne ýüklenen wezipeleri we ygtyýarlyklary ýerine ýetirýän wagtynda şu Kanunyň, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, şeýle hem Şertnamanyň şertlerinde göz öňünde tutulan başga borçnamalary berjaý etmäge borçludyr.

 

8-nji madda Türkmenistanyň 12.09.2016 ý. №436-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren.

 

III bölüm. Nebit işleriniň ygtyýarlylandyrylmagy

 

9-njy madda. Ygtyýarnamalaryň görnüşleri

 

1. Şu Kanunda Nebit işleriniň amala aşyrylmagy üçin Ygtyýarnamalaryň aşakdaky görnüşleri bellenilýär:

1) Gözleg işleri üçin Ygtyýarnama;

2) Gazyp almak üçin Ygtyýarnama;

3) Gözleg işleri we Gazyp almak üçin Ygtyýarnama.

2. Kömekçi potratçydan Şertnamanyň çäginde Potratçy ýa-da beýleki Kömekçi potratçy bilen şertnamasy boýunça Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin Ygtyýarnama almak talap edilmeýär.

 

10-njy madda. Ygtyýarnamalaryň berliş usullary

 

1. Ygtyýarnama tender ýa-da Konsern tarapyndan dalaş edýän tarap bilen geçirilýän göni (eksklýuziw däl) gepleşikler esasynda berlip bilner.

2. Ygtyýarnamanyň berliş usulyny saýlap almak Konsern tarapyndan kesgitlenilýär.

 

11-nji madda. Tender geçirmegiň görnüşleri we tertibi

 

1. Gatnaşyjylary seçip almagyň görnüşine baglylykda tender aşakdaky görnüşlerde bolup biler:

1) açyk, ýagny onda ähli gyzyklanýan Şahslar gatnaşyjylar bolup çykyş edýärler;

2) ýapyk, ýagny onda tendere gatnaşmak üçin Konsernden ýörite çakylyk alan Şahslar gatnaşyjylar bolup çykyş edýärler.

2. Tenderiň geçiriliş tertibini Konsern kesgitleýär.

 

12-nji madda. Ygtyýarnama almak üçin ýüztutma

 

1. Dalaş ediji tarapyndan Ygtyýarnamany almak üçin ýüztutma göni (eksklýuziw däl) gepleşikler başlanmazyndan öň berilýär, şonuň esasynda hem Konsern tarapyndan agzalan gepleşikleri geçirmegiň maksada laýyklygy barada karar kabul edilýär.

Tender geçirilen halatynda Ygtyýarnama almak üçin ýüztutma tenderi geçirmegiň tertibine laýyklykda berilýär.

2. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamany almak üçin ýüztutmada aşakdakylar görkezilmelidir:

1) dalaş edijiniň ady, onuň salgysy, onuň haýsy döwlete degişliligi (edara görnüşdäki taraplar üçin), raýatlygy (şahsy taraplar üçin) hakynda maglumatlar;

2) dalaş edijiniň Baş kompaniýalary, eýeleri we onuň ýolbaşçylary (edara görnüşdäki taraplar üçin), tender geçirilende ýa-da göni (eksklýuziw däl) gepleşikler alnyp barlanda, şeýle hem Ygtyýarnama alnanda we Şertnama gol çekilende oňa wekilçilik etmäge hukuk berlen wekilleri hakynda maglumatlar;

3) dalaş edijiniň tehniki, dolandyryş, guramaçylyk we maliýe mümkinçilikleri hakynda maglumatlar;

4) dalaş edijiniň soňky bäş ýylyň içinde Nebit işlerini geçiren döwletleriniň sanawyny, şeýle hem görkezilen döwür üçin maliýe hasabatlaryny goşmak bilen, ozalky işi hakyndaky maglumat;

5) ýüztutma berilýän Toplumlaryň san belgileri;

6) Nebit işlerini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri;

7) Gözleg işlerini geçirmek üçin ýüztutma berilýän döwür;

8) dalaş edijiniň işleriniň möçberlerini we olary amala aşyrmak üçin harajatlary görkezmek bilen, iň az borçnamalar boýunça Nebit işlerini geçirmäge degişli teklipleri;

9) geologik we ykdysady ülňüleri (modelleri), şeýle hem başga möhüm maglumaty öz içine alýan taslamanyň deslapky tehniki- ykdysady esaslandyrmasy;

10) Şertnamalaýyn çäkde rekultiwasiýa we dikeldiş işlerini goşmak bilen, dalaş edijiniň daşky gurşawy goramak boýunça borçnamalary;

11) dalaş edijiniň Konserniň ýa-da Konsern tarapynban Potratçy hökmünde hödürlenen Şahsyň Gözleg işleri döwründe Şertnama gatnaşmak paýy babatda teklibi. Gatnaşyk paýynyň möçberi Şertnamada kesgitlenilýär.

 

3. Gazyp almak üçin Ygtyýarnama almak üçin ýüztutmada şu aşakdaky maglumatlar görkezilmelidir:

1) geologiýa-gözleg işleri barada maglumat;

2) Senagat ähmiýetli ýatagyň tapylandygy barada resmi habar, degişli maglumatlary we netijenamalary goşmak bilen (Gazyp almak üçin Ygtyýarnamany almaga dalaş edýän Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň eýesine degişli);

3) geologik gorlaryň möçberi, Uglewodorod serişdeleriniň subut edilen we gazyp alyp bolýan gorlary görkezilen Senagat ähmiýetli ýataklaryny özleşdirmegiň giňişleýin meýilnamasy;

4) Senagat ähmiýetli ýataklary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň amala aşyrylyp başlanjak möhleti we Uglewodorod serişdelerini Gazyp almagyň başlanjak senesi;

5) Gazyp almagyň çaklanylýan möhleti we onuň ýokarky derejesine ýetmeginiň garaşylýan möhleti;

6) Uglewodorod serişdelerini özleşdirmek, Gazyp almak bilen baglanyşykly düýpli we başga çykdajylar boýunça hem-de olary ýerlemekden alynýan girdejiler boýunça çaklama hasaplamasy;

7) geologiýa, tehniki we ykdysady ülňüleriň (modelleriň) esasynda Senagat ähmiýetli ýataklaryň tehniki-ykdysady netijeliliginiň seljermesi;

8) Şertnamalaýyn çäkde rekultiwasiýa we dikeldiş işlerini goşmak bilen dalaş edýän tarapyň daşky gurşawy goramak babatda borçnamalary;

9) taslamanyň çäklerinde bilim we durmuş maksatnamalaryny maliýeleşdirmek boýunça teklipler;

10) dalaş edijiniň Konserniň ýa-da Konsern tarapyndan Potratçy hökmünde hödürlenen Şahsyň Gazyp almak döwründe Şertnama gatnaşmak paýy babatda teklibi. Gatnaşyk paýynyň möçberi Şertnamada kesgitlenilýär.

4. Gözleg işleri we Gazyp almak üçin Ygtyýarnamany almak üçin ýüztutmada, Gözleg işleri üçin Ygtyýarnama almak baradaky ýüztutmada hem-de Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky ýüztutmada gerek bolan şertler görkezilmelidir.

 

13-nji madda. Ygtyýarnamanyň berliş şertleri we tertibi

 

1. Tenderiň ýa-da göni (eksklýuziw däl) gepleşikleriň netijeleri boýunça Konsern tarapyndan Nebit işlerine çekilmegi maksadalaýyk diýlip karara gelnen Şahsa Ygtyýarnama berilýär.

2. Ygtyýarnamany bermegiň tertibi şu Kanunyň düzgünleri boýunça we şu Kanuna laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

3. Ygtyýarnama daşary ýurtly şahsy tarapa onuň hususy telekeçi hökmünde Türkmenistanda bellige alynmagy we daşary ýurtly edara görnüşli tarapa Türkmenistanda onuň şahamçasynyň açylmagy şerti bilen berilýär.

4.Ygtyýarnama Konsern tarapyndan bellige alynýar.

 

14-nji madda. Ygtyýarnamanyň wezipesi

 

1. Degişli Ygtyýarnamasy bolmazdan Nebit işlerini amala aşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Ygtyýarnamanyň eýesiniň diňe Ygtyýarnamada görkezilen Nebit işleriniň görnüşlerini geçirmäge hukugy bardyr.

2. Şertnamanyň şertleri Ygtyýarnamanyň şertlerine laýyk gelmelidir.

 

15-nji madda. Ygtyýarnamanyň mazmuny

 

1. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň mazmunynda şu aşakdakylar görkezilýär:

1)Ygtyýarnamany alýan baradaky maglumatlar;

2) Ygtyýarnamada geçirilmegi göz öňünde tutulan Nebit işleriniň görnüşi;

3) Şertnamada görkezilen geografık koordinatlara görä, Şertnamalaýyn çägiň araçäkleri;

4) Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletleri we olary uzaltmagyň şertleri;

5) Şertnamanyň taraplarynyň arasynda baglaşylýan Şertnamanyň görnüşi;

6) Ygtyýarnamanyň eýesiniň daşky gurşawy goramak boýunça talaplary berjaý etmek baradaky borçnamalary we başga borçnamalar;

7) Konsern tarapyndan kesgitlenilýän başga maglumatlar.

2. Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň mazmunynda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) Ygtyýarnamany alýan hakynda maglumatlar;

2) Ygtyýarnamada geçirilmegi göz öňünde tutulan Nebit işleriniň görnüşi;

3) Şertnamada görkezilen geografık koordinatlara görä, senagat ähmiýetli ýatagyň ýerleşýän Şertnamalaýyn çäginiň bölümleriniň araçäkleri;

4) Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletleri we olary uzaltmagyň şertleri;

5) Daşky gurşawy goramak boýunça talaplary berjaý etmek barada Ygtyýarnamanyň eýesiniň borçnamalary we başga borçnamalar;

6) Konsern tarapyndan kesgitlenýän beýleki maglumatlar.

3. Gözleg we Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň mazmunyna Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamada we Gazyp almak üçin Ygtyýarnamada bar bolan ähli şertler goşulýar.

 

16-njy madda. Ygtyýarnamalaryň hereket edýän möhletleri

 

1. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnama 6 ýyla çenli möhlet bilen berilýär.

2. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň möhleti, Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerine laýyklykda her döwrüň dowamlylygy iki ýyla çenli bolmak bilen iki gezek uzaldylyp bilinýär.

3. Potratçy Şertnamalaýyn çäkde Tapmagy amala aşyrsa, ýöne Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň uzaldylmagyny göz öňünde tutmak bilen onuň möhletiniň ahyryna çenli, agzalan tapylma esasly baha berip bilmese, onda Potratçynyň bu Tapylma baha bermegiň tamamlanmagy üçin esaslandyrylan zerur bolan möhlete şol Şertnamalaýyn çäkde Gözleg işleri üçin täze Ygtyýarnamany almak barada Konsern bilen gepleşikleri geçirmäge haky bardyr.

4. Gazyp almak üçin Ygtyýarnama 20 ýyl möhlet bilen berilýär. Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň möhleti, Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerine laýyklykda 5 ýyla çenli uzaldylyp bilner.

5. Ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak hakyndaky ýüztutma Konserne gelip gowşan gününden üç aýdan gijä galman seredilýär.

6. Gözleg işleri we Gazyp almak üçin Ygtyýarnama Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň we Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň möhletlerini, şol sanda olary uzaltmagyň mümkin bolan döwürlerini hem öz içine alýar.

7. Ygtyýarnamanyň hereket edýän möhleti Şertnamanyň güýje giren gününden hasaplanylyp başlanýar.

 

17-nji madda. Ygtyýarnamanyň eýesiniň hukuklary

 

1. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň eýesiniň şu Kanuna we Ygtyýarnamanyň şertlerine laýyklykda Uglewodorod serişdeleriniň Gözleg işlerini geçirmäge we Şertnamada göz öňünde tutulan Gözleg işleri bilen baglanşykly Nebit işleriniň zerur görnüşlerini ýerine ýetirmäge aýratyn hukugy bardyr.

2. Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň eýesi Senagat ähmiýetli ýatagy tapan ýagdaýynda Şertnamanyň şertlerine laýyklykda ýüztutma bermek şerti bilen Gazyp almak üçin Ygtyýarnamany almaga aýratyn hukugy bardyr.

3. Gazyp almak üçin Ygtyýamamanyň eýesi şu Kanuna we Ygtyýarnamanyň şertlerine laýyklykda aşakdaky aýratyn hukuklara eýedir:

1) Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerine laýyklykda Şertnamalaýyn çäkde Gazyp almak işlerini geçirmäge;

2) Şertnamanyň şertlerine laýyklykda Uglewodorod serişdelerinden öz paýyna düşýän bölegine ygtyýarlyk etmäge;

3) Şertnamalaýyn çäkde we onuň çäklerinden daşarda Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerine laýyklykda Nebit işlerini amala aşyrmaga.

 

18-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereketiniň bes edilmegi

 

1. Ygtyýarnamanyň hereketi şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) Ygtyýarnamanyň hereket edýän möhleti ýa-da Ygtyýarnamanyň hereket edýän uzaldylan möhleti tamamlananda;

2) şu Kanuna laýyklykda Ygtyýarnama ýatyrylanda;

3) Şertnamada göz öňünde tutulan esaslar boýunça Şertnama bozulan ýagdaýynda.

2. Aýratyn ýagdaýlarda, haçan-da Şertnamalaýyn çägiň işlenilip taýýarlanylmagy üçin Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň göz öňünde tutulan möhletinden artykmaç wagtyň, Şertnamanyň taraplarynyň täjirçilik bähbitlerine laýyk gelýän ýagdaýynda we täjirçilik taslamasy bilen delillendirilen bolsa, onda Konserniň çözgüdiniň esasynda, onuň ýene on ýyla çenli uzaldylmagy göz öňünde tutulyp, Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň möhleti uzaldylyp bilner.

Bu ýagdaýda, Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň möhletiniň tamamlanmagy sebäpli maksatnamanyň we işläp taýýarlamak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilmezligi, şu madda laýyklykda onuň ýaly Ygtyýarnamanyň möhletiniň uzaldylmagy üçin, eger Konsern başga çözgüdi kabul etmese esas bolup durmaýar.

 

19-njy madda. Şertnamanyň hereketiniň togtadylmagy we täzeden dikeldilmegi

 

1. Şertnamanyň hereketi şu aşakdaky ýagdaýlarda Konsern tarapyndan togtadylýar:

1) Ygtyýarnamanyň eýesi Ygtyýarnamada göz öňünde tutulmadyk Nebit işlerini geçirýän bolsa;

2) Ygtyýarnamanyň eýesi işleri Ygtyýarnamanyň çäklerinde amala aşyrýar, ýöne Şertnamanyň ýerine ýetirilmegi barada Konsern bilen ylalaşylan Nebit işlerini geçirmek boýunça maksatnama we meýilnama eýerilmeýän bolsa;

3) Ygtyýarnamanyň eýesi öz işleriniň barşynda ýerasty baýlyklary, daşky gurşawy goramak we işleri howpsuz alyp barmak ugrunda, Türkmenistanyň kanunçylygyny yzygiderli we (ýa-da) düýpli bozýan bolsa;

4) Şu Kanunda bellenilen başga ýagdaýlarda.

2. Ygtyýarnamanyň hereketi togtadylan mahalynda Konsern şeýle togtadylmanyň sebäpleri hakynda Ygtyýarnamanyň eýesine ýazmaça habar berýär  we olary aradan aýyrmak üçin oýlanyşykly möhleti belleýär. Ýgtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagy Ygtyýarnamanyň eýesiniň kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça işleriniň duruzylmagyny aňlatmaýar.

3. Şertnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren sebäpler aradan aýrylanda, onuň güýji täzeden dikeldilýär we bu barada Ygtyýarnamanyň eýesine ýazmaça duýdurylýar.

4. Ygtyýarnamanyň güýjüniň togtadylmagy Şertnama boýunça Nebit işleriniň saklanmagyna getirýär. Şertnamanyň güýji Ygtyýarnamanyň güýjüniň täzeden dikeldilmegi bilen bir wagtda dikeldilýär.

5. Ygtyýarnamanyň güýjüniň togtadylmagy Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň möhletiniň uzaldylmagy üçin esas bolup bilmeýär.

 

20-nji madda. Ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy

 

1. Konsern şu aşakdaky ýagdaýlarda berlen Ygtyýarnamany ýatyrmaga haklydyr:

1) Ygtyýarnamanyň eýesi Ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagy barada çözgüdiň kabul edilmegine getiren sebäpleri aradan aýyrmakdan ýüz dönderen halatynda ýa-da bu sebäpleriň bellenilen möhletde aradan aýrylmadyk ýagdaýynda;

 

2) Ygtyýarnamanyň eýesiniň Konserne, onuň Ygtyýarnamany bermek baradaky çözgüdine düýpli täsir eden, ýalan maglumaty berendigi aýan edilende;

3) Nebit işlerini geçirmäge başlamagyň Şertnamada göz öňünde tutulan möhletleriniň bozulmagynda;

4) Şu Kanunda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

2. Ygtyýarnamanyň ýatyrylmagy şol bir wagtda Şertnamanyň güýjüniň hem bes edilmegine getirýär.

 

IV bölüm. Şertnamalar

 

21-nji madda. Şertnamalaryň görnüşleri

 

1. Şu Kanuna laýyklykda Nebit işlerini geçirmek üçin Şertnamalaryň aşakdaky görnüşleri ulanylýar:

1) Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama;

2) Roýalti we salgyt şertlerindäki konsessiýa barada şertnama;

3) Bilelikde iş alyp barmak hakyndaky şertnama;

4) Töwekgelçilikli Serwis hyzmatlary üçin şertnama.

2. Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama, Roýalti we salgyt şertlerinde konsessiýa barada şertnama we Töwekgelçilikli Serwis hyzmatlary üçin şertnama Konsern bilen Potratçynyň arasynda baglaşylýar. Onda Potratçy hökmünde Konserniň edara görnüşli tarap bolup durýan kärhanasy ýa-da beýleki milli kompaniýa hem çykyş edip biler.

3. Konserniň edara görnüşli tarap bolup durýan kärhanasy ýa-da beýleki milli kompaniýa Bilelikde iş alyp barmak hakyndaky şertnama Potratçy hökmünde gatnaşyp bilýärler.

4. Nebit işleriniň anyk häsiýetine we beýleki ýagdaýlaryna görä Şertnamalaryň görkezilen görnüşleriniň we Şertnamalaryň beýleki görnüşleriniň utgaşdyrylmagyna ygtyýar berilýär.

 

22-nji madda. Şertnamanyň hereket ediş möhleti we şertleri

 

Şertnamanyň hereket ediş möhleti we şertleri şu Kanuna we Ygtyýarnama laýyklykda Şertnamanyň taraplarynyň ylalaşygy bilen kesgitlenilýär.

 

23-nji madda. Şertnamany baglaşmagyň we bellige almagyň tertibi

 

1. Nebit işleri geçirilende Şertnamanyň daşky gurşawy, ýerasty baýlyklary goramaga, ilatyň saglygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli düzgünleri Konsern tarapyndan degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylýar. Şeýle ylalaşmanyň tertibi we möhletleri Konsern tarapyndan kesgitlenilýär.

Konserniň bellän möhletinde agzalan edaralar tarapyndan Şertnamanyň ylalaşylmasynyň bolmazlygy ygtyýarly edaralaryň Şertnamany bellige almakdan boýun gaçyrmaklary üçin esas bolup durmaýar.

2. Şertnama onuň degişli döwlet dolandyryş edaralarynda bellige alnan gününden öz güýjüne girýär.

 

24-nji madda. Şertnamanyň şertleriniň üýtgedilmegi we onuň hereketiniň bes edilmegi

 

1. Eger şu Kanunda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, Şertnamanyň şertleri diňe Şertnamanyň taraplarynyň oňa ýazmaça razylygy bolan ýagdaýynda üýtgäp biler.

2. Konsern we Potratçy Şertnamada göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde Şertnamanyň hereketini bes edip bilerler.

3. Şu Kanuna laýyklykda Ygtyýarnama ýatyrylan ýagdaýynda Şertnama hem bes edilýär.

4. Şertnamanyň taraplary Şertnamanyň hereketiniň bes edilen pursadyna çenli ýerine ýetirilmän galan borçnamalaryny ýerine ýetirmekden boşadylmaýarlar.

5. Eger Şertnamada başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, Şertnama möhletinden öň bes edilen ýagdaýynda, Potratçy öz eýeçiliginde bolan emläge özbaşdak ygtyýarlyk etmäge haklydyr. Onda Konserniň onuň ýaly emlägi satyn almaga artykmaçlyk hukugy bar.

6. Şertnamanyň hereket edýän döwründe, şeýle hem onuň möhleti tamamlanandan soňra, Potratça degişli emläge bolan eýeçilik hukugynyň geçiş meseleleri Şertnamada şertleşilýär.

7. Şertnamanyň hereketi bes edilen ýagdaýynda, Potratçy öz serişdeleriniň hasabyna Nebit işleriniň geçirilýän çägini daşky gurşawy, ýerasty baýlyklaryny, ilatyň howpsuzlygyny we saglygyny goramak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna we Nebit işlerini amala aşyrmak boýunça halkara tejribesiniň düzgünlerine laýyk gelýän ýagdaýa getirmäge borçludyr.

 

V bölüm. Nebit işleriniň geçirilmegi

 

25-nji madda. Nebit işlerini geçirmegiň şertleri

 

1. Nebit işlerini geçirmegiň şertleri Şertnamada kesgitlenilýär.

2. Eger Gözleg işleri netijesinde Uglewodorod serişdeleriniň ýatagy açylan bolsa, Potratçy şol açyş barada Konserne habar bermäge, şol ýataga, şol sanda onuň gorlaryna baha bermäge hem-de onuň senagat ähmiýeti hakyndaky netijenamany taýýarlamaga borçludyr. Açyş barada habar bermegiň, ýataga baha bermegiň, şol sanda ýatagyň gorlary we açylan ýatagyň senagat ähmiýeti baradaky meselesi boýunça netijenamany taýýarlamagyň möhletleri Şertnamada kesgitlenilýär.

3. Senagat ähmiýetli ýatak tapylanda, Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň şertlerine laýyklykda, Potratça Nebit işlerini geçirmek boýunça çykdajylarynyň öwezini dolmaga hukuk berilýär, onuň her çärýekdäki möçberi  Uglewodorod serişdeleriniň Potratça degişli paýyndan gelýän girdejiniň möçberinden ýokary bolup bilmeýär.

Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamadan başga Şertnamalaryň şertlerinde Senagat ähmiýetli ýatak tapylanda, Potratça Nebit işlerini geçirmek boýunça çykdajylaryň öwezini dolmaga hukuk berilýär, onuň her çärýeklik möçberi Şertnamanyň şertlerine laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Eger Gözleg işleri üçin Ygtyýarnamanyň möhletiniň ýa-da onuň hereketiniň uzaldylan möhleti dolanda Senagat ähmiýetli ýatak açylmadyk bolsa, Potratçynyň çykdajylarynyň öwezini dolmaga hukugy bolmaýar. Şonda Gazyp almak üçin Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň hereketi bes edilýär.

5. Eger Potratçy Ýatagyň senagat ähmiýeti ýok diýip hasaplasa ýa-da Senagat ähmiýetli ýatagy özleşdirmekden boýun gaçyran ýagdaýynda, ol şu Kanunyň 24-nji maddasynyň ýedinji böleginiň şertlerini berjaý etmek bilen bu ýatagyň ýerleşýän Şertnamalaýyn çäginiň meýdançasyndan gitmäge borçludyr.

 

26-njy madda. Ýatagyň bilelikde özleşdirilmegi

 

1. Ýatagyň bilelikde özleşdirilmegi bir-birine ýanaşýan Şertnamalaýyn çäklerinde ýerleşýän şol bir ýatagy Işläp taýýarlamak boýunça öz işlerini amala aşyrýan iki ýa-da ondan köp Potratçylaryň arasynda işleriň utgaşdyrylmagyny aňladýar.

Munuň ýaly Potratçylar şol Ýatagy ýeke-täk obýekt hökmünde bilelikde özleşdirmek boýunça öz aralarynda şertnama baglaşmaga borçludyrlar we bu ýatak Potratçylaryň işläp taýýarlan ýeke-täk meýilnamalary boýunça özleşdirilmelidir. Bilelikde özleşdirmegiň şertnamasy we ýeke-täk meýilnamasy Konsern tarapyndan tassyklanylmaga degişlidir.

2. Eger Potratçylaryň islendik biri Bilelikde özleşdirme boýunça şertnamany beýleki Potratçy bilen baglaşmakdan ýüz dönderýän bolsa, onda Konsern ony şol şertnamany baglaşmaga borçly etmäge haklydyr.

Eger Potratçylaryň islendik biri ýatagyň bilelikdäki özleşdirmesiniň ýeke-täk meýilnamasyny işläp taýýarlamakdan ýüz dönderýän bolsa, onda Konsern munuň ýaly meýilnamanyň Potratçylaryň hasabyna işläp taýýarlanylmagyny garaşsyz bilermene tabşyrmaga haklydyr. Munuň ýaly meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi Potratçylar üçin hökmanydyr. Haýsydyr bir Potratçynyň bu borçlary ýerine ýetirmekden ýüz dönderen ýagdaýynda, ol agzalan ýatagyň degişli meýdançasyny yzyna bermäge borçludyr.

 

27-nji madda. Emeli adalar, bentler we başga desgalar

 

1. Türkmenistanyň çäginde, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde we Içki suw howdanlarda Nebit işlerini geçirmek maksady bilen döredilýän emeli adalaryň, bentleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy, ulanylyşy we peýdalanylyşy, Konsern tarapyndan Potratça, onuň daşky gurşawy we bioserişdelerini goramak we gorap saklamak şerti bilen, aýratyn berilýän rugsatnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

Şeýle emeli adalaryň, bentleriň we beýleki desgalaryň töwereginde daşky araçäkleriň her bir nokadyndan 500 metre çenli aralyga uzalyp gidýän howpsuzlyk zolaklary bellenilýär.

2. Emeli adalaryň, bentleriň we beýleki desgalaryň ýerleşişi gämi gatnawy we balykçylyk üçin möhüm ähmiýeti bolan oňat ýola goýlan deňiz ýollaryna päsgelçilikleri döretmeli däldir.

3. Emeli adalaryň, bentleriň we beýleki desgalaryň gurluşygyna, saklanylmagyna hem-de ulanylmagyna jogapkär Potratçy ýa-da Kömekçi potratçy şolaryň goralmagyny we olaryň ýerleşýän ýerlerini görkezýän duýduryjy belgileriň hemişe bolmagyny üpjün etmäge borçludyr.

4. Taşlanan ýa-da ulanylmaýan emeli adalar, bentler we beýleki desgalar başga maksatlar üçin peýdalanylyp bilinmejek bolsa, adamlaryň, tebigy baýlyklaryň howpsuzlygyna zeper ýetirmez ýaly, gämi gatnawyna ýa-da balykçylyga päsgelçilik bermez ýaly  edilip sökülip aýrylmalydyrlar.

 

28-nji madda. Konserniň Uglewodorod serişdelerini satyn almaga bolan hukugy

 

1. Konserniň islendik wagtda bazar bäsdeşligi esasynda Potratçynyň paýynyň Uglewodorod serişdelerini täjirçilik ýoly bilen satyn almaga artykmaçlyk hukugy bardyr.

2. Konserniň içerki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen we Uglewodorod serişdeleriniň doly ulanylmagynyň hasabyna munuň ýaly zerurlyklaryň kanagatlandyrylmadyk ýagdaýynda, Potratçynyň paýynyň Uglewodorod serişdelerini satyn almaga artykmaçlyk hukugy bar.

Şonda satyn alynýan Uglewodorod serişdeleriniň çäkli möçberleri, nyrh emele geliş tertibi, tölegiň görnüşi we töleg walýutasy Şertnama esasynda kesgitlenilýärler.

 

29-njy madda. Uglewodorod serişdeleriniň yzyna gaýtarylmak şerti bilen mejbury alynmagy (rekwizisiýasy) we olaryň ýeriniň doldurylmagy

 

1. Uruş, uruş howpy, tebigy betbagtçylyk ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen we adatdan daşary häsiýetli beýleki ýagdaýlarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) Potratça degişli Uglewodorod serişdeleriniň bölegini ýa-da tutuş paýyny mejbury tölegli yzyna gaýtarylmak şerti bilen mejbury almaga (rekwizisiýa) haky bar. Yzyna gaýtarylmak şerti bilen mejbury almak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) tarapyndan kesgitlenilýän we adatdan daşary ýagdaýlaryň tutuş döwrüniň dowamynda Türkmenistanyň mätäçliklerini üpjün etmek üçin gerek bolan möçberlerde amala aşyrylýar.

 

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) Potratçynyň rekwizirlenen Uglewodorod serişdeleri üçin hakyky önümler görnüşinde ýa-da olaryň bahasyny erkin ýörgünli pulda adalatly nyrhlar boýunça tölemek arkaly öweziniň doldurylmagyny kepillendirýär.

 

30-njy madda. Nebit işleriniň geçirilmegine döwlet gözegçiligi

 

1. Şu Kanuna laýyklykda Konsern Nebit işleriniň geçirilmegine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar.

Ministrlikler we beýleki döwlet dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen öz ygtyýarlygynyň çäklerinde degişli döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar.

Ministrlikler we beýleki döwlet dolandyryş edaralary şonuň ýaly gözegçiligi amala aşyranda alan islendik maglumatlarynyň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.

2. Ministrlikler we beýleki döwlet dolandyryş edaralary, döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özleriniň ygtyýarlygynyň çäklerinde degişli barlaglary we gözegçilikleri geçirmekden ozal munuň ýaly barlaglaryň we gözegçilikleriň geçirilmegini Konsern bilen öňünden hat üsti bilen ylalaşýarlar.

3. Ministrlikler we beýleki döwlet dolandyryş edaralary şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen barlaglaryň we gözegçilikleriň barşynda Şertnama  taraplarynyň  gatnaşyklaryna goşulmaga haklary ýokdur.

4. Ministrlikler we beýleki döwlet dolandyryş edaralary, barlaglaryň we gözegçilikleriň netijeleri boýunça taýýarlanan öz netijenamalaryny, güwanamalaryny, hasabatlaryny we beýleki namalaryny Kanuna, Ygtyýarnama we Şertnama laýyklykda garalmagy we çäreleriň görülmegi üçin Konserne iberýärler.

5.  Hukuk goraýjy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan öz ygtyýarlygynyň çäklerinde Nebit işleriniň geçirilmeginde kanunçylygyň berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar.

Hukuk goraýjy edaralar geçiriljek barlaglar barada Konserne habar berýärler. Munuň ýaly barlaglaryň güwanamalaryny, netijenamalaryny, teswirnamalaryny we beýleki namalary Konserne iberilýär.

6. Konsern öz netijenamalaryny, güwanamalaryny, hasabatlaryny we beýleki namalaryny iberen ministrliklere, beýleki döwlet dolandyryş edaralaryna we hukuk goraýjy edaralaryna şol resminamalara garamagyň netijeleri barada habar berýär.

 

301-nji madda. Nebit işlerini amala aşyrmak boýunça Konserniň döwlet dolandyryş edaralary bilen özara hereketi

 

1. Şu Kanuna we Işläp taýýarlamagyň düzgünlerine laýyklykda Konserniň, Potratçynyň Nebit işleriniň maksatnamasynyň we meýilnamasynyň netijeliligini we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýändigini kesgitlemek maksady bilen, degişli döwlet edaralaryna (guramalaryna) olary muzdsuz ekspertiza etmegi tabşyrmaga hukugy bardyr.

2. Nebit işlerini amala aşyrmak boýunça Konserniň döwlet dolandyryş edaralary bilen özara hereketiniň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen kesgitlenilýär.

 

31-nji madda. Gazylyp alnan Uglewodorod serişdeleriniň ölçenilişi we agramynyň çekilişi

 

1. Şertnamalaýyn çäkde gazylyp alnan Şertnamalaýyn çäkde we (ýa-da) ondan daşarda saklanýan Uglewodorod serişdeleriniň ölçenilişi we agramynyň çekilişi Potratçy tarapyndan Şertnamada kesgitlenilen döwürlerde Nebit işlerini geçirmegiň halkara tejribesinde ulanylýan usulyýeti peýdalanmak bilen yzygiderli geçirilýär.

Uglewodorod serişdelerini ölçemegiň we agramyny çekmegiň beýleki usullaryny ulanmak, şeýle hem şonda enjamlaryň we gurallaryň peýdalanylmagy Potratçy tarapyndan diňe Konserniň rugsatnamasy bar bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar.

2. Konsern Uglewodorod serişdeleriniň agramyny çekmek we ölçemek üçin peýdalanylýan enjamlary we gurallary yzygiderli belli bir wagtyň geçmeginde, synagdan geçirmegi, synaglaryň netijeleriniň Konserne tabşyrylmagyny Potratçydan talap etmäge haklydyr.

3. Eger Uglewodorod serişdeleriniň agramyny çekmek we ölçemek üçin peýdalanylýan enjamlar we gurallar synagdan geçirilende, kemçilikler ýa-da nätakyklyklar ýüze çykarylsa we olaryň emele gelen wagtyny kesgitlemek mümkin bolmadyk ýagdaýynda, onda agzalan enjamlar ýa-da gurallar, olaryň gowy netijeleri görkezen soňky synagynyň senesinden hasaplanylýan döwrüň ortasyndan, kemçiligiň ýa-da nätakyklygyň ýüze çykarylan pursadyna çenli, näsaz ýa-da nädogry hasap edilýär. Soňra Şertnamanyň ähli degişli şertleriniň, onda bar bolan hasaplamalaryň we görkezijileriň anyklanylmagy amala aşyrylýar.

 

VI bölüm. Potratçynyň we Operatoryň hukuklary, borçlary hem-de jogapkärçiligi

 

32-nji madda. Potratçynyň hukuklary

 

Nebit işleriniň barşynda Potratçynyň şu aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) Ygtyýarnamada we Şertnamada görkezilen işleri amala aşyrmak üçin Şertnamalaýyn çägi peýdalanmaga;

2) Şertnamalaýyn çäkde we onuň daşynda, Nebit işlerini geçirmek üçin gerek bolan önümçilik, dolandyryş-hojalyk we durmuş ulgamlarynyň desgalaryny gurmaga, şeýle hem Şertnamalaýyn çäkde we onuň daşynda unıumy ulanyş kommunikasiýalaryň we desgalaryň eýeleri bilen şertleşme boýunça olary peýdalanmaga;

 

3) Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşleri ýerine ýetirilende Kömekçi potratçylaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaga;

4) Türkmenistanda, şeýle hem onuň çäklerinden daşarda Uglewodorod serişdeleriniň özüne degişli paýyna erkin ygtyýarlyk etmäge;

5) Şu Kanunyň 16-njy maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda Gözleg işi üçin täze Ygtyýarnamany almak barada gepleşikleri geçirmäge;

6) Şertnama bilen kesgitlenilen şertlerde Şertnamalaýyn çäkde özüniň hukuklarynyň ählisinden ýa-da böleginden ýüz döndermäge we öz işlerini bes etmäge;

7) Şu Kanun bilen berilýän gaýry hukuklary amala aşyrmaga.

 

33-nji madda. Potratçynyň borçlary

 

Nebit işleriniň barşynda Potratçy şu aşakdakylara borçludyr:

1) Nebit işlerini geçirmekde halkara tejribesinde kabul edilen ölçeglere esaslanýan Nebit işlerini geçirmegiň has netijeli usulyýetlerini we tehnologiýalaryny peýdalanmaga;

2) Nebit işlerini şu Kanuna, Işläp taýýarlamagyň düzgünlerine, Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň şertlerine pugta laýyklykda geçirmäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, daşky gurşawy we ýerasty baýlyklary goramak, ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek we saglygyny goramak boýunça talaplary berjaý etmäge, şol sanda:

a) Gazyp almaklyga berk gözegçilik etmäge we Şertnamalaýyn çäkde we onuň çäginden daşarda Uglewodorod serişdeleriniň akdyrylmagyna ýa-da dökülmegine yol bermezlige;

b) önümli gatlaklaryň zaýalanmagynyň, şol sanda gatlak basyşynyň peselmegi we Uglewodorod serisdeleriniň känlerine suwuň hem-de  başga maddalaryň geçmegi sebäpli  zaýalanmagynyň öňüni almaga we yol bermezlige;

ç) islendik suw çeşmeleriniň, derýalaryň, kanallaryň, irrigasiýaly ulgamlaryň, kölleriň, deňizleriň Uglewodorod serişdeleriniň, duzly erginiň, burawlama suwuklygyň, himiki garyndylaryň ýa-da islendik beýleki işlenilen önümleriň we suwlaryň akmagy sebäpli hapalanmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge. Hapalanan ýagdaýda, olary arassalamaga ýa-da ekologiýa taýdan ulanarly usullar bilen dargatmaga;

4) has oňaýly ykdysady netijäni gazanmak maksady bilen Nebit işleriniň delillendirilen has az çykdajyly geçirilmegini üpjün etmäge;

5) Eger öz hili, nyrhlary, işçi görkezijileri we üpjün ediliş şertleri boýunça bäsleşige ukyply bolsalar, Türkmenistanda öndürilen enjamlary, materiallary we taýýar önümleri ileri tutmaga;

6) Nebit işlerini geçirmek üçin işgärler alnanda Türkmenistanyň raýatlaryny ileri tutmaga, Şertnamanyň şertlerine laýyklykda şol işgärleriň okuw maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge;

7) Konserniň ygtyýarlyk berlen wekilleri we işgärleri üçin gerekli resminamalara, maglumatlara we işleri geçirliş desgalaryna elýeterliligi üpjün etmäge;

8) şu Kanuna laýyklykda, salgytlary we beýleki hökmany tölegleri öz wagtynda tölemäge;

9) Şertnama laýyklykda, durmuş  infrastrukturasynyň ösmegine gatnaşmaga;

10) Nebit işlerini geçirmek bilen baglanyşykly zeper ýetirilen ýer meýdançalaryny we beýleki tebigy desgalaryny, olaryň soňra ulanmaga ýaramly derejä ýetirilmegine çenli, öz hasabyna dikeltmäge;

11) Üçünji bir Şahslar bilen şertnamanyň ýerine ýetirilmegine täsir etjek ähli jedelleri barada Konserni habarly etmäge;

12) şu Kanundan gelip çykýan gaýry borçlary amala aşyrmaga.

 

34-nji madda. Potratçynyň jogapkärçiligi

 

Potratçy Nebit işlerini geçirmek üçin şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Ygtyýarnama we Şertnama laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

Potratçy şeýle hem Nebit işlerini alyp barmagyň halkara tejribesiniň ölçeglerine eýerilmegine jogapkärçilik çekýär.

 

35-nji madda. Operatoryň hukuklary we borçlary

 

Şu Kanunyň 32-nji we 33-nji maddalarynda beýan edilen Potratçynyň hukuklary we borçlary Operatora hem degişlidir.

Potratçylaryň biriniň Operator bolan şertinde ol Potratçynyň Operator hökmünde şu Kanuna laýyklykda walýuta, salgyt we gümrük düzgünleşdirilmesi babatdaky hukuklara we borçlara eýe bolýar. Eger Operator üçünji bir Şahs, şol sanda ol Potratçynyň Garyndaşlyk kompaniýasynyň hatarynda bolsa, onda oňa şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan walýuta, salgyt we gümrük düzgünleşdirilmesi babatdaky Kömekçi potratçynyň hukuklary we borçlary oňa degişli bolýar.

 

36-njy madda. Operatoryň jogapkärçiligi

 

Nebit işleriniň geçirilmegi üçin Operatoryň jogapkärçiligi şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, Ygtyýarnama we Şertnama bilen kesgitlenilýär.

Potratçy Operatoryň Nebit işlerini geçirmegine şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Ygtyýarnama we Şertnama laýyklykda, edil öz hereketleri ýaly göniden-göni emlägi bilen we beýleki jogapkärçiligi çekýär.

 

 

 

VII bölüm. Turbageçiriji ulag

 

37-nji madda. Turbageçiriji ulaga bolan eýeçilik hukugy

 

1. Potratçynyň, Şertnama boýunça Nebit işlerini ýerine ýetirmeginiň çäklerinde, Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, Içerki turbageçirijini gurmaga we oňa eýeçilik etmäge haky bardyr.

2. Eger Türkmenistanyň Ministrler Kabineti (Hökümeti) tarapyndan başga karar kabul edilmedik bolsa, Eksport magistral turba geçirijisine bolan eýeçilik hukugy Türkmenistana degişlidir.

3. Eksport magistral turbageçirijiniň gurluşygy, maliýeleşdirilmegi, ulanylmagy we hyzmat edilmegi:

1) Bilelikde Konserniň, Potratçynyň, garaşsyz kärhanalaryň (kompaniýalaryň) ýa-da görkezilen Şahslaryň bilelikdäki eýeleri bolup bilýän ýörite döredilýän kompaniýa tarapyndan;

2) Gurluşygyň buýrujysy bolup çykyş edýän Konsern bilen aýratyn şertnamanyň esasynda Potratçylar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

 

38-nji madda. Eksport magistral turbageçirijiniň ulanylmagy

 

Eksport magistral turbageçirijisiniň eýesi tarapyndan, Eksport magistral turbageçirijiniň goşmaça ýa-da erkin goýberiş kuwwatlylygynyň barlygy barada ýazmaça görnüşindäki tassyklamasynyň bar bolan ýagdaýynda, hususyýetçi (eýesi) tarapyndan geçirilýän gepleşikleriň ýa-da tenderiň esasynda, Potratçy öz Gazyp alan Uglewodorod serişdelerini geçirmek üçin goşmaça ýa-da erkin kuwwatlyklardan peýdalanyp biler.

 

39-njy madda. Ulag tarifi

 

Uglewodorod serişdelerini Eksport magistral turbageçirijileri arkaly geçirmek üçin ulag tarifi Konsern bilen ylalaşmagyň esasynda, hususyýetçi (onuň eýesi) tarapyndan bellenilýär we alynýar.

 

40-njy madda. Turbageçiriji ulagyň gurluşygy we ulanylmagy

 

1. Turbageçiriji ulagyň gurluşygy we ulanylmagy Nebit işlerini alyp barmagyň halkara tejribesinde ulanylýan tehniki hyzmat edişini, howpsuzlyk tehnikasynyň kadalaryna we ygtybarlygyna hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Howpsuzlyk tehnikasynyň, ilatyň saglygynyň we daşky gurşawyň
goralmagynyň üpjün edilmegini goşmak bilen, bu kadalaryň berjaý edilmegine we dogry peýdalanylmagyna gözegçiligi Konsern we Türkmenistanyň beýleki ygtyýarly döwlet edaralary amala aşyrýarlar.

 

2. Turbageçiriji ulagyň hususyýetçisi (eýesi), howpsuzlyk tehnikasyna, ilatyň saglygyna we daşky gurşawyň goralmagyna gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralary bilen bilelikde Turbageçiriji ulagyň ulanylşynyň howpsuzlygyna bilelikde gözegçilik etmegiň, mümkin bolup biljek dowülmeleriň we heläkçilikleriň öňüni almagyň meýilnamasyny işläp taýýarlaýar.

3. Turbageçiriji ulagyň howpsuzlyk zolagynda haýsy-da bolsa bir işleriň ýa-da başga hereketleriň geçirilmegi gadagan edilýär.

4. Gurluşygyň Türkmenistanda ulanylýan ölçeglerine we howpsuzlyk kadalaryna laýyklykda bellenilýän Turbageçiriji ulagyndan iň az aralygyň çäklerinde, Turbageçiriji ulag bilen we onuň maksatlaýyn wezipesi bilen baglanyşygy bolmadyk islendik desgalaryň we gurluşlaryň gurulmagy gadagan edilýär.

 

41-nji madda. Suwasty Turbageçiriji ulagyň gurluşygy, geçirilişi we ulanylyşy

 

Suwasty Turbageçiriji ulagyň gurluşygy, geçirilişi we ulanylmagy, işleriň şoňa meňzeş beýleki görnüşleri üçin peýdalanylýan Nebit işlerini geçirmegiň halkara tejribesinde ulanylýan tehniki howpsuzlygyň we daşky gurşawy goramagyň düzgünlerine doly laýyklykda amala aşyrylýar.

 

VIII bölüm. Daşky gurşawy goramak, ilatyň howpsuzlygynyň we saglygynyň üpjün edilmegi

 

42-nji madda. Daşky gurşawy, ilatyň howpsuzlygyny we saglygyny goramak boýunça çäreleriň hökmanylygy

 

Potratçy tarapyndan Nebit işleriniň geçirilmeginde, daşky gurşawy, ilatyň howpsuzlygyny we saglygyny goramak boýunça çäreleriň üpjün edilmegi, şu Kanunyň düzgünlerine, daşky gurşawy, ilatyň howpsuzlygyny we saglygyny goramak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna, şeýle hem Ygtyýarnama we Şertnama laýyklykda hökmany bolup durýar.

 

43-nji madda. Nebit işlerini geçirmek üçin ekologik esas

 

1. Nebit işlerini geçirmäge başlamazdan ozal we olaryň geçirilýän döwründe zerur bolan ýagdaýda, Potratçy özüniň işleri barada maksatnamasynda ulanmagy göz öňünde tutýan daşky gurşawy, ilatyň  howpsuzlygyny we saglygyny goramak boýunça çäreleriň meýilnamasyny, daşky gurşawy goramak ugrundaky ýörite ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary we beýleki döwlet edaralary bilen ylalaşmak üçin Konserne berýär.

2. Daşky gurşawy goramak ugrundaky ýörite ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň we beýleki döwlet edaralarynyň netijenamalary agzalan meýilnamanyň berlen gününden 30 senenama gününiň dowamynda ýazmaça görnüşde Konserne berilýär. Agzalan netijenamalaryň bellenilen möhletde tabşyrylmadyk ýagdaýynda Potratçy ol meýilnamany amala aşyrmaga başlap bilýär.

 

44-nji madda. Nebit işleriniň geçirilmeginde ekologik talaplar

 

1. Nebit işleri geçirilende şu aşakdakylar gadagan edilýär:

1) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hapalaýan maddalaryň bellenilen çäkli rugsat edilýän hapalanyş derejelerine çenli öňünden arassalanmadyk ýagdaýynda zynylmagyny we dökülmegini amala aşyrmak;

2) ýörite ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň öňünden rugsady bolmazdan, galyndylaryň ähli görnüşleriniň gury ýere, deňize we üstki suwlara zynylmagy we gömülmegi;

3) degişli ygtyýarlyk berlen döwlet edaralary tarapyndan howpsuzlygy tassyklanylmadyk enjamlary we usulyýetleri peýdalanmak;

4) degişli ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň rugsady bolmazdan, gury ýerde, suwuň galyňlygynda we deňziň düýbünde partlama işlerini geçirmek.

2. Aýratyn goralýan döwlet tebigy çäklerinde Nebit işleriniň geçirilmegi gadagan edilýär.

3. Deňizde we Içki suw howdanlarda topragyň çykaryp alynmagy we geçirilmegi bilen baglanyşykly işler, ygtyýarly döwlet edaralarynyň berýän ýörite rugsady bilen ýol berilýär.

4. Desgalaryň gurluşygy, gurnaýyşy we sökülmegi, diňe hapalaýan maddalaryň ähli görnüşleriniň ýygnalmagyny üpjün edýän tehnologiýalaryň ulanylmagynda amala aşyrylyp bilinýär.

5. Potratçy Tebigy gazyň ýakylmagynyň ýa-da atmosfera zynylmagynyň öňüni almak üçin ähli gerekli çäreleri amala aşyrmaga, şol sanda döwrebap tehnikany we tehnologiýalary ulanmaga borçludyr. Kadadan çykýan ýagdaýlarda, daşky gurşaw, adamlaryň saglygy we jany üçin dörän howpuň öňüni almak maksady bilen hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry ýagdaýlarda, Potratçy ugurdaş gazy, onuň öňünden gerekli derejede arassalanjak şerti bilen wagtlaýyn ýakyp (zynyp) bilýär.

6. Burawlama galyndylaryny zyýansyzlandyrmak boýunça öňünden amallary geçirmezden, ýerastyna guýmak gadagan edilýär we kadadan çykýan ýagdaýlarda ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen ylalaşyk boýunça rugsat edilýär.

7. Burawlama platformasy (barža) we oňa hyzmat edýän gämiler, akdyrylýan hapa suwlaryň arassalanmagy we zyýansyzlandyrylmagy üçin desga bilen we (ýa-da) akdyrylýan hapa suwlaryň ýygnalmagy, saklanylmagy we soňra ýöriteleşdirilen gämilere we (ýa-da) kenardaky kabul ediş desgalara geçirýän gaplar bilen enjamlaşdyrylan bolmalydyr. Zibiliň ýygnalmagy ýa-da işlenilmegi üçin degişli enjamlar göz öňünde tutulan bolmalydyr.

8. Deňiz burawlama platformalaryny ýerleşdirmek üçin Şertnamalaýyn çäkdäki ýerler, balykçylyk üçin geljekki ähmiýetli deňiz zolaklaryny gorap saklamak boýunça has ýokary mümkinçiligi, deňiz önümçiligiň beýleki desgalaryny we balyklaryň gymmat görnüşlerini gorap saklamagy hem-de gaýtadan döretmegi göz öňünde tutmak bilen saýlanylmalydyr.

9. Nebit işleriniň geçirilmeginde, Potratçy heläkçilikli dökülmelerin öňüni almak, çäklendirmek we aradan aýyrmak boýunça çäreleri üpjün etmelidir.

10. Türkmenistanyň çäklerinde, şol sanda deňizde we Içerki suw howdanlarda, nebitgaz geçirijisi gurulanda, ýerleriň we suw düýbüniň bozulmagynyň iň az möçberlerini üpjün edýän tehniki serişdeler we enjamlar peýdalanylmaly hem-de suw laýlarynda ölçenen maddalaryň ýaýramagyny çäklendirýän tehnologiýalar we usullar ulanylmalydyr.

11. Deňizde we Içerki suw howdanlarda nebitgaz geçirijisiniň ugrunda, turbanyň çetki ýollarynyň okundan her tarapdan 500 metrde durýan parallel tekizlikleriň arasynda gabalan we suw ýüzünden deňiz düýbüne çenli çäklerdäki suw giňişliginiň bölekleri görnüşde gorag zolaklary bellenilmelidir.

12. Kenar ýakasyndaky bazalaryň, şol sanda ýangyç-çalgy materiallaryň ammarlarynyň, gämi duralgasyndan daşary, ulag serişdeleriniň tehniki hyzmat ediş desgalarynyň gurluşygy, bar bolan infrastrukturanyň ulanylmagy bilen bile, deňiz kenarynyň we Içki suw howdanlaryň suwgoraýyş zolagynyň daşynda amala aşyrylmalydyr. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda suwgoraýyş zolagynda desgalaryň gurluşygy we işleriň ýerine ýetirilmegi rugsat edilýär.

13. Gämi duralgasynyň we üpjün ediş bazalaryň çäkleri, üpjün etmek, tehniki taýdan hyzmat etmek we ýangyç guýmak boýunça işleriň daşky gurşawyň we ilatyň saglygynyň howpsuzlygyny üpjün edýän ähli talaplaryň berjaý edilmegi bilen amala aşyryljak tertibinde meýilleşdirilmelidir.

14. Infrastruktura desgalaryň işiniň gutarmagyndan we olaryň sökülmeginden soňra, daşky gurşawy goramak ugrundaky ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen ylalaşylan taslama resminamalaryna laýyklykda ýerleriň rekultiwasiýasy geçirilmelidir.

15. Islendik görnüşdäki platformalardan burawlanan guýular ýok edilende, olaryň gurluşy doly sökülmeli we aradan aýyrylmaly, germetizirlenen guýularyň uçlary bolsa balykçylyga we gämi gatnawyna päsgel döretmezligi üçin deňiz düýbüniň deňinde kesilip aýrylmaly.

 

45-nji madda. Daşky gurşawyň monitoringi

 

1. Potratçy daşky tebigy gurşawa ýaramaz täsiriň öňüni almak, ony aradan aýyrmak we peseltmek boýunça gerekli çäreleri amala aşyrmak we Nebit işleriniň ekologik taýdan howpsuz geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, şol sanda Hazar deňziniň türkmen zolagynda, daşky gurşawyň monitoringini geçirmäge borçludyr.

Nebit işlerini geçirmäge başlamazdan ozal we olaryň tutuş döwri üçin Potratçy daşky gurşawda bolup geçýän üýtgeşmeler we geçirilýän Nebit işleriniň oňa ýetirýän täsiriniň häsiýeti barada toplumlaýyn yzygiderli maglumaty almak ulgamyny döretmeli.

2. Nebit işleriniň her tapgyrynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine baha bermeklik Potratçy tarapyndan ekologiki we önümçilik monitoringi geçirmekligi göz öňünde tutmaly, ol aşakdakylary öz içine alýar:

1) Nebit işleriniň her tapgyrynyň başlanmagyndan ozal daşky gurşawyň ýagdaýynyň barlaglary, şol sanda geofıziki barlaglar, gözleg burawlamasy, nebit-gazyň gazylyp  alynmagy, şeýle hem desganyň aradan aýyrylmagyndan soňra;

2) hapalanmanyň gözbaşlarynyň monitoringi;

3) daşky gurşawyň ýagdaýynyň monitoringi;

4) daşky gurşawyň heläkçilik sebäpli hapalanmagynyň netijeleriniň monitoringi.

3. Potratçynyň geçirýän daşky gurşawyň ekologiki we önümçilik monitoringi aşakdaky ýagdaýlara gözegçiligi öz içine almaly:

1) ähli bellenilen görkezijiler boýunça atmosferanyň, topragyň, üstki suwlaryň hapalanmagynyň, deňiz düýbi galyndylaryň derejesine;

2) tebigy aýlanylyş prosesslere, gidrometeorologiki görkezijilere (suw temperaturasyna, şemallaryň akymlaryna, tizligine we ugruna, atmosfera ýagynlaryna, atmosfera basyşyna, howanyň çyglylygyna).

4. Zerur bolan ýagdaýda we daşky gurşawy goramak boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edarasynyň talaby bilen Potratçy daşky gurşawyň ýagdaýynyň goşmaça barlaglaryny amala aşyrmaly.

5. Potratçy, daşky tebigy gurşawy goramak boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertipde daşky tebigy gurşawyň ýagdaýyny gözegçilik etmegiň görnüşlerini we usullaryny kesgitleýär.

6. Potratçy önümçilik monitoringini geçirende, ozalky ýyllaryň gözegçilik etmeginiň netijelerini göz öňünde tutmaly we uzak döwürleýin gözegçilik etmeleriniň ençemesini dowam etmek maksady bilen, işleriň meýdanynda (Şertnamalaýyn çäkde we onuň töwereginde) ýerleşýän, eýýäm bar bolan desgalaryň görkezijilerini ulanmalydyr.

7. Potratçy ekologik we önümçilik monitoringiniň netijelerini Konserne bermäge borçludyr.

 

IX bölüm. Maliýe we salgyt düzgüni

 

46-njy madda. Walýuta amallary

 

1. Potratçy tarapyndan walýuta amallaryny geçirmegiň kadalary şu Kanunyň düzgünlerini göz öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň walýuta düzgünleşdirmesi hakyndaky kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

Walýuta amallaryny geçirmegiň tertibi Şertnamada beýan edilýär.

2. Potratçynyň Uglewodorod serişdeleriniň özüne degişli paýyny ýerlemekden alan girdejisi Türkmenistanyň banklaryndaky, şeýle hem daşary ýurt banklaryndaky hasabyna geçirilip bilner. Şunda Potratçy agzalan hasaplaryň göçürmesini Türkmenistanyň walýuta düzgünleşdirmesi hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda gözegçilik üçin Konserne we Türkmenistanyň Merkezi Bankyna berýär.

3. Potratçynyň Türkmenistanyň çäklerindäki banklarda hasaplary açmaga we ýöretmäge, şeýle hem Nebit işleriniň geçirilmegi üçin agzalan hasaplardan milli we daşary ýurt pullarynda hasaplaşyklary geçirmäge haky bardyr.

4. Potratçy Türkmenistanyň Şahslary bilen daşary ýurt pulunda tölemek şerti bilen Şertnamalary baglaşmaga haklydyr.

5. Şu maddanyň düzgünleri Kömekçi potratçy babatynda hem ulanylýar.

 

47-nji madda. Gümrük düzgüni we şertnamanyň bellige alynmagy

 

1. Nebit işleriniň Gümrük düzgüni şu Kanunyň düzgünlerini göz öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Şertnama boýunça Nebit işleriniň geçirilmegi üçin niýetlenen we Potratçy tarapyndan Türkmenistana getirilýän harytlar, materiallar we enjamlar hem-de Şertnama laýyklykda Potratça degişli we onuň tarapyndan Türkmenistandan çykarylýan önümler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gümrük ýygymlaryndan we paçlaryndan boşadylýar.

3. Nebit işlerini amala aşyrmagyň çäklerinde baglaşylýan harytlary, materiallary, enjamlary getirmegiň we çykarmagyň, işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmegiň şertnamalary (kontraktlary), şeýle hem harytlary, materiallary we enjamlary satyn almagyň-satmagyň şertnamalary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmakdan boşadylýar.

4. Nebit işlerini geçirmek üçin harytlaryň, materiallaryň we enjamlaryň Potratçy tarapyndan Türkmenistana getirilmeginiň, agzalan harytlaryň, materiallaryň we enjamlaryň hem-de Potratça düşýän Uglewodorod serişdeleriniň möçberleriniň Türkmenistandan çykarylmagynyň gümrük resmileşdirilişiniň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (Hökümetiniň) namalary bilen kesgitlenilýär.

Nebit işleri amala aşyrylanda Potratçy tarapyndan ulanylýan partlaýjy maddalaryň we partladyjy serişdeleriň, radioaktiw hem-de himiki maddalaryň getirilmegi, satyn alynmagy we ulanylmagy babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen çäklendirmeler ýa-da gadaganlyklar bellenilip bilner.

5. Potratçy Nebit işlerine degişli bolmadyk işleri amala aşyranda gümrük paçlaryny we başga tölegleri tölemekden boşadylmaýar.

6. Şu maddanyň düzgünleri Kömekçi potratçy babatynda hem ulanylýar.

7. Eger şeýle iş şu Kanuna laýyklykda Nebit işleriniň amala aşyrylmagy, Konserniň we onuň kärhanalarynyň (kompaniýalarynyň), şahamçalarynyň, wekilhanalarynyň hem-de başga bölümleriniň wezipeleriniň we ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly bolsa, onda şu maddanyň düzgünleri olaryň işine degişlidir.

 

48-nji madda. Salgytlar we tölegler

 

1. Potratçy Nebit işlerini geçirende diňe aşakdaky salgytlary we tölegleri töleýär:

1) möçberi "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunynda bellenilen we Şertnamada kesgitlenilýän, edara görnüşli taraplaryň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgyt. Onda agzalan salgydyň möçberi şertnamanyň öz güýjünde bolan tutuş döwründe üýtgewsiz galýar, hatda ol möçber "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda üýtgeýän ýagdaýynda hem üýtgemeýär;

2) ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin tölegleri.

2. Potratçynyň ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin töleglerine şular girýär:

1) Uglewodorod serişdelerini Gazyp alnan möçberiniň ýa-da öndürilen önümiň bahasynyň göterimine laýyklykda bellenilýän we Potratçy tarapyndan pul görnüşinde ýa-da gazylyp alnan Uglewodorod serişdeleriniň bölegi görnüşinde tölenýän, Uglewodorod serişdelerini gazylyp alnan möçberinden töleg (roýalti);

2) Şertnama gol çekilende, Senagat ähmiýetli ýatagyň täjirçilik görnüşinde açylmagynda, Uglewodorod serişdeleriniň Şertnamada bellenilen gazylyp alynmak möçberine ýetilende we Şertnamada göz öňünde tutulan başga ýagdaýlarda bir gezeklik töleg görnüşinde tölenýän töleg (bonus).

Agzalan tölegleriň hasaplanyş we töleniş tertibi hem-de olaryň möçberleri Şertnama bilen kesgitlenilýär.

3. Eger şu Kanunda başga ýagdaýlar bellenilmedik bolsa, Nebit işleri geçirilende Potratçy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen salgytlaryň, ýygymlaryň, paçlaryň ähli beýleki görnüşleriniň we beýleki hökmany tölegleriň töleýjisi bolmaýar.

4. Potratçynyň salgyt salynýan peýdasy Nebit işleri geçirilende kabul edilen hasaba almagyň we hasabaty ýöretmegiň halkara tejribesine, Şertnamanyň düzgünlerine we şu maddanyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

Eger Şertnamada şu maddada bellenilen düzgünlerden başga düzgünler bellenilen bolsa, onda şu maddanyň düzgünleri ulanylýar.

Eger Şertnamada Nebit işleri geçirilende ulanylýan hasaba almagyň we hasabaty ýöretmegiň halkara tejribesine garanda başga düzgünler bellenilen bolsa, onda Şertnamanyň düzgünleri ulanylýar.

Şertnamada beýan edilmedik düzgünler hasaba almagyň we hasabaty ýöretmegiň Nebit işleri geçirilende ulanylýan halkara tejribesine laýyklykda kabul edilýär.

Türkmenistanyň iki gezek salgyt salmagy aradan aýyrmak baradaky halkara şertnamasynyň (ylalaşygynyň) ulanylmagy bilen baglanşykly işler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

5. Nebit işleri geçirilende Kömekçi potratçy - edara görnüşli tarap, diňe edara görnüşli taraplaryň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgydyň töleýjisi hasaplanylýar we onuň üçin şu maddanyň üçünji böleginiň düzgünleri ulanylýar.

6. Kömekçi potratçynyň şu Kanuna laýyklykda işlerinden alan salgyt salynýan girdejisini kesgitlemegiň tertibi, "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanuny bilen, şu maddada görkezilen aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bellenilýär.

Kömekçi potratçy bolýan Şahsyň başga işleri boýunça salgyt salynmagy umumy bellenilen tertipde "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

7. Salgyt salynýan peýda (girdeji) kesgitlenende, aşakdaky aýratynlyklar göz öňünde tutulýar:

1) şu Kanunda bellenilen tertipde salgyt salynýan peýdany (girdejini) hasaplap çykarmak üçin alynýan Potratçynyň jemi girdejisine, Şertnama boýunça kesgitlenen  ähli girdejiler girizilýär. Potratçynyň başga girdejileri "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunynda bellenilen tertipde salgyt salmak üçin alynýan jemi girdejä goşulýar;

2) harytlary ýerlemekden, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmekden gelýän girdejini kesgitlemek üçin hakyky bazar nyrhy hökmünde Potratçy we Kömekçi potratçy tarapyndan hakykatda ulanylan bahalar (nyrhlar) alnyp bilinýär. Agzalanlar bahalary hakyky bazar bahalaryndan has ýokary (10 %-den ýokary) bolan harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň alynmagy üçin çykdajylary aýyrmak ýaly Potratçynyň we Kömekçi potratçynyň hukugy hökmünde, şeýle hem salgyt edaralarynyň şol ýagdaýlarda Potratçynyň we Kömekçi potratçynyň salgyt salynýan girdejisine düzedişleri girizmek hukugyny aradan aýyrmak hökmünde hasaplanyp bilinmeýär;

3) Türkmenistanyň çägindäki işleriň tamamlanan döwründe Potratça we Kömekçi potratça eýeçilik hukugyna degişli bolan emläkleriň ýerlenmeginden gelen girdejilere salgyt salmak şu Kanunyň düzgünlerini nazarda tutmak bilen amala aşyrylýar. Şunuň ýaly tertip, ol Şahslaryň işleriniň döwründe, olara eýeçilik hukugynda degişli we sandan çykan ýa-da könelen maşynlaryň, enjamlaryň we başga emlägiň ýerlenilmegi babatda ulanylýar. Munuň ýaly işler (amallar) üçin şu maddanyň 3-5-nji bölekleriniň düzgünleri ulanylýar;

4) Potratçynyň  emläginiň  bahasynyň onuň öwezi doldurylýan çykdajylaryna geçirilmeginden soňra, ol emläge degişli eýeçilik hukugynyň Konserne geçmegi, şeýle hem Şertnamada bellenilen başga ýagdaýlarda, munuň ýaly emlägiň Potratçy tarapyndan ýerlenmegi hökmünde garalmaýar. Potratçynyň munuň ýaly emläge degişli eýeçilik hukugynyň Konserne geçmeginden soňra, şeýle emlägiň muzdsuz ulanylmagyna girdeji hökmünde garalmaýar;

5) Şertnamada bellenilen ýagdaýlarda, Türkmenistanyň çäklerinden daşardaky Potratçynyň Baş kompaniýalarynyň umumy edara ediş goldawy üçin berýän Potratçynyň umumy edara ediş çykdajylarynyň degişli bölegi, munuň ýaly Şertnamada bellenilen göterimlere esaslanyp hasaplanyp çykarylan, kesgitlenen möçberden aýyrmak hökmünde hasaplanyp bilner;

6) Şertnama boýunça Potratçynyň hukuklarynyň we borçlarynyň ählisiniň ýa-da bir böleginiň täze Potratça berilmeginden (geçirilmeginden) gelýän girdejiler, salgyt salynmaga degişli girdeji hökmünde hasaba alynýar. Täze Potratçynyň Şertnama boýunça edinen hukuklarynyň ählisiniň ýa-da bir böleginiň bahasy salgyt salynma maksady bilen onuň çykdajylary hökmünde garalýar we 4 ýylyň dowamynda ulanyş tutumy arkaly saklanyp galynýan pulda göz öňünde tutulýar. Görkezilen girdejiler we çykdajylar öwezi dolunýan harajatlar kesgitlenende nazara alynmaýar;

7) Kömekçi potratçynyň ulanyş tölegi, emlägiň ulanylmagynyň delillendirilen peýdaly möhletini nazarda tutup, Nebit işleriniň geçirilmeginde ulanylýan, hasaby we hasabaty ýöretmek halkara tejribesine laýyklykda, onuň kesgitleýän möçberleri boýunça hasaplanyp çykarylýar. Maddy däl aktiwler boýunça ulanyş geçirimleri, diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen şertler berjaý edilende we olaryň girdejini gazanmak üçin hakykatda ulanylýandygynyň tassyklanylmagynda hasapdan aýyrmak hökmünde Potratçylar tarapyndan nazara alynýar. Ulanyş geçirmeleri alynýan emlägiň hasabyndan muzdsuz alnan emläk aýrylýar;

8) çykdajylarda wagtlaýyn işe ukypsyzlyk boýunça kömek puly we Türkmenistanyň kanunçylygynda we (ýa-da) Şertnamada bellenilen hem-de Potratçynyň hasabyna işgärlere tölenýän başga durmuş üpjünçilik kömek pullary ýa-da tölegleri, agzalan çykdajylar öwezi dolunmaýan harajatlar bolan ýagdaýynda hem hasaba alynýar;

9) Potratçylar we Kömekçi potratçylar bolup durýan Şahslar üçin salgyt ýeňillikleri, diňe "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň düzgünlerine laýyklykda ulanylýar;

10) Potratçy üçin (maliýe) ýitgileriň geçirilmegi Şertnama  bilen ýöne Uglewodorod serişdeleriniň täjirçilik taýdan gazylyp alynmaga başlanmagyndan 10 ýyldan artyk bolmadyk döwür üçin bellenilýär. Potratçynyň Uglewodorod serişdelerini täjirçilik taýdan gazyp almaga başlamagyna çenli amala aşyran ähli çykdajylary, Şertnamada bellenilen möçberler boýunça ulanyş tutumy arkaly munuň ýaly gazyp almanyň başlanmagyndan soňra aýyrmalarda hasaba alýarlar.

8. Kömekçi potratçy - şahsy tarap umumy bellenilen tertipde "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda hasaplanyp çykarylýan şahsy taraplaryň girdejisinden alynýan degişli salgydy töleýär.

9. Işleri Türkmenistanyň çäginde hemişelik wekilhanany döretmäge getirmeýän we daşary ýurtly edara görnüşli taraplar bolup durýan Kömekçi potratçylara salgyt salynmagy aýyrmalary geçirmezden tölenýän girdejilerden "Salgytlar  hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunynda bellenilen möçberde we tertipde geçirilýär. Munuň ýaly salgydyň möçberi ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň bahasyny artdyryp bilmeýär.

10. Potratçy derejesini almakdan ozal Şahsyň salgyt salynmagy "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň  Bitewi kanunynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

11. Kömekçi potratçy derejesi ozal bar bolan Şahsyň Şertnamanyň çäklerinde onuň Potratçy ýa-da beýleki Kömekçi potratçy bilen şertnamasy boýunça Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça işleri amala aşyrmaýan döwründe salgyt salynmagy "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunynda bellenilen tertipde geçirilýär.

12. Eger Potratçy iki ýa-da ondan köp Şertnamalaryň tarapy bolup durýan bolsa, onda ol girdejileriň we tutulýan pullaryň hem-de her Şertnama boýunça alynýan salgyt salynýan girdejiniň aýry hasabyny ýöretmelidir.

13. Eger Potratçy Nebit işlerinden başga işleri amala aşyrýan bolsa, onda ol Nebit işlerine - her Şertnama boýunça, şeýle hem başga işe degişli girdejileriň we çykdajylaryň (aýyrmalaryň) hem-de salgyt salynýan girdejiniň hasabyny aýratynlykda ýöretmelidir. Çykdajylaryň (aýyrmalaryň) aýry-aýry görnüşleriniň hasabyny aýratynlykda ýöredip bolmaýan mahalynda, olar şeýle Şahsyň ähli girdejileriniň jemlenen möçberinde degişli girdejiniň paýyna deň ölçeglilikde bölünip berilýär.

Görkezilen düzgün, Kömekçi potratçy Nebit işlerine degişli däl işleri amala aşyrýan mahalynda oňa degişlidir.

14. Potratçy we Kömekçi potratçy üçin salgyt ýyly - hasabat we salgyt döwri bolup durýar. Salgyt beýannamasyny bermek möhletleri we salgydyň tölenmegi, olar üçin Şertnamanyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär. Kömekçi potratçy Şertnama laýyklykda tapawutly möhletleri bellenilen birnäçe Potratçylar (Kömekçi potratçylar) üçin Nebit işlerini amala aşyrýan ýagdaýynda, has giç möhletler ulanylýar.

Bu taraplar tarapyndan salgydyň hakujy tölegi tölenmeýär.

Salgyt beýannamasyny bermek möhletleri we salgydyň tölenmegi Şertnamada bellenilmedik ýagdaýynda, "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunynda bellenilen möhletler ulanylýar.

15. Potratçy we Kömekçi potratçy peýda (girdejä) degişli salgydyň tölegini, salgyt ýumuşçylary arkaly, erkin ýörgünli pulda amala aşyryp bilýärler.

16. Şahs dürli Şertnamalar boýunça Potratçy bolýan bolsa ýa-da Potratçy ýa-da Kömekçi potratçy bolsa we şol wagtda başga işleri amala aşyrýan bolsa, onda salgyt beýannamalary degişlilikde her Şertnama boýunça we başga işler boýunça aýratynlykda düzülýär.

17. Şu maddanyň düzgünlerini ulanmak maksady bilen Kömekçi potratçynyň derejesi, Konserniň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bellän tertibinde Potratçy tarapyndan tassyklanylýar.

18. Eger Şertnama baglaşylandan soň täze salgytlar we tölegler girizilýän ýagdaýynda, Potratçy diňe özüniň töleýän salgytlarynyň we tölegleriniň diňe olaryň ýerine bellenilenleri töleýär. Şunda, şeýle hökmany tölegleriň umumy bahasy, Şertnamanyň güýje giren pursadynda Potratçy üçin bellenilen salgytlaryň we tölegleriň umumy möçberinden ýokary bolmaly däldir.

19. Konserniň ýazmaça razylygy bilen ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlyk kömegi ýa-da başga kömek hökmünde Türkmenistanyň edara görnüşli tarapyna mugt berlen  harytlar (işler we hyzmatlar) ýagdaýynda, hatda bu harytlaryň (işleriň we hyzmatlaryň) mugt berilmegi Şertnamanyň şertleri bilen göz öňünde tutulmadyk bolsa-da, Potratçy we (ýa-da) Kömekçi potratçy Türkmenistanyň kanunçylygynda görkezilen salgytlary, ýygymlary, paçlary we başga hökmany tölegleri tölemekden boşadylýar.

20. Potratçy we Kömekçi potratçy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jerimeleriň, maliýe jerimeleriniň we puşmany tölegleriň töleginden boşadylmaýarlar.

21. Potratçyda ýa-da Kömekçi potratçyda hakyna tutma işleýän şahsy taraplardan şeýle taraplaryň girdejisinden alynýan salgydy, şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymlary hasaplamak we tölemek "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda umumy bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

 

49-njy madda. Buhgalter hasaba alnyşy we derňew

 

1. Nebit işleri geçirilende Potratçy buhgalter hasabyny ýöredýär we Nebit işleriniň geçirilmeginde ykrar edilen hasaby we hasabaty ýöretmegiň halkara tejribesine we Şertnamanyň düzgünlerine laýyklykda maliýe hasabatyny düzýär. Şonda buhgalter hasaba alnyşynyň pul birligi hökmünde erkin ýörgünli pul ulanylýar.

Potratçy Nebit işlerinden başga işleri amala aşyrýan bolsa onda ol Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda buhgalter hasaba alnyşyny ýöretmelidir we maliýe hasabatyny düzmelidir.

2. Potratçy tarapyndan maliýe hasabatyny düzmegiň we Konserne hem-de beýleki ygtyýarlyk berlen döwlet edaralaryna bermegiň tertibi Konsern tarapyndan şol edaralar bilen ylalaşylyp bellenilýär.

Maliýe hasabaty Türkmenistanyň buhgalter hasaba alnyşynyň ülňülerine laýyklykda düzülmeýär.

3. Türkmenistanyň döwlet edaralaryna berilýän maliýe hasabaty ýylyň jemleriniň netijeleri boýunça düzülýär. Bu hasabat üçin şu maddanyň ikinji böleginiň talaplaryna laýyklykda düzülýän maliýe hasabatynyň görnüşleri, hasabat döwrüniň soňky gününde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi hümmeti boýunça, bu hasabatyň görkezijilerini Türkmenistanyň milli puluna geçirmek arkaly ulanylýar.

4. Potratçynyň maliýe-hojalyk işleriniň barlaglary Konsern ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýörite ygtyýarlyk beren başga döwlet edaralary tarapyndan geçirilýär. Görkezilen edaralar garaşsyz auditor gulluklaryna, şol sanda halkara bilermenlerine hem ýüz tutmaga haklydyrlar.

5. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň berjaý edilişiniň barlagy, Türkmenistanyň salgyt edaralary tarapyndan «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda bellenilen tertipde, şu Kanunyň we Şertnamanyň düzgünlerini göz öňünde tutmak bilen, şeýle barlagyň başlanmagyna 20 gün galanda Konserne deslapdan ýazmaça habar bermek arkaly amala aşyrylýar.

6. Şu maddanyň Şertnamanyň ulanylmagyna degişli düzgünlerinden başga düzgünleri Kömekçi potratçy babatynda hem ulanylýar.

 

50-nji madda. Nebit işleri geçirilende öwezi dolunmaýan çykdajylar

 

Nebit işleri geçirilende Potratçynyň harajatlarynyň şu aşakdaky görnüşleriniň öwezi dolunmaýar:

1) Potratçynyň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgyt;

2) Uglewodorod serişdelerini gazyp almak üçin roýalti;

3) Şertnama gol çekilende, Senagat ähmiýetli ýatak täjirçilik taýdan açylanda, Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyn Şertnamada kesgitlenilen derejesine ýetilende, bir gezekleýin tölegler görnüşinde tölenýän tölegler (bonuslar) we olaryň Şertnamada göz öňünde tutulan beýleki görnüşleri;

4) çykdajylar, şol sanda Potratçynyň hukuklaryny bermek bilen baglanyşykly salgytlar;

 

5) Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulanlygy üçin Potratça ulanylýan jerimeler, puşmana pullary we maliýe hem-de edara ediş temmileriniň beýleki görnüşleri;

6) edara görnüşindäki we şahsy taraplara Potratçynyň işgärlerine ýetirilen zyýanlar we zeleller, Potratçy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olaryň öwezini dolmaga borçludyr;

7) daşary ýurt edara görnüşindäki we şahsy taraplara Potratçynyň işgärlerine ýetirilen zyýanlar we zeleller Potratçy daşary ýurt döwletleriniň kazyýetleriniň we halkara araçy kazyýetleriniň çözgütlerine laýyklykda olaryň öwezini dolmaga borçludyr;

8) Konserniň razylygy bolmazdan Potratçy tarapyndan amala aşyrylan harajatlar;

9) Nebit işlerini geçirmek bilen baglanyşykly bolmadyk harajatlar;

10) Şertnamanyň şertlerinde göz öňünde tutulmadyk öwezi dolunmaýan beýleki çykdajylar.

 

51-nji madda. Konserniň girdejisiniň çeşmeleri we salgyt salmak

 

1. Şu aşakdakylar Konserniň Şertnama boýunça girdeji çeşmeleri bolup durýarlar:

1) gazylyp alnan Uglewodorod serişdeleriniň möçberinden ýa-da öndürilen önümiň gymmatyndan göterim gatnaşygynda bellenilýän we Potratçy tarapyndan pul görnüşinde, ýa-da şu Kanunyň 21-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen Şertnamalara laýyklykda Nebit işleri geçirilende Potratçy tarapyndan gazylyp alnan Uglewodorod serişdeleriniň bir bölegi görnüşinde tölenilýän Uglewodorod serişdeleriniň çykarylmagy üçin roýalti;

2) Şertnama gol çekilende, Senagat ähmiýetli ýatak täjirçilik taýdan açylanda, Uglewodorod serişdelerini gazyp almagyň Şertnamada kesgitlenilen belli bir derejesine ýetilende we Şertnamada göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda bir gezekleýin tölegler görnüşinde tölenýän bonuslar;

3) Konserniň önümi paýlaşmak hakyndaky Şertnamanyň (ylalaşygyň) çäklerinde önümi paýlaşmagyň netijesinde alýan girdejisi;

4) Konserniň Potratçy tarapyndan Nebit işleri geçirilende Şertnamalaryň başga görnüşleriniň çäklerinde alýan girdejileri;

5) şu Kanuna laýyklykda baglaşylýan beýleki şertnamalar boýunça, şeýle hem onuň işiniň netijesinde, şol sanda aktiwleri we maliýe serişdelerini goşup, öz gozgalýan we (ýa-da) gozgalmaýan emlägini dolandyrmak boýunça Konserniň alýan başga girdejileri.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji, 2-nji we 5-nji bentlerinde görkezilen girdejileriň milli pulda gelip gowşan bölegi Türkmenistanyň Döwlet býujetine, daşary ýurt pulunda gelip gowşan bölegi bolsa - Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirilýär.

3. Konsern şu maddanyň birinji böleginiň 3-4-nji bentlerinde görkezilen girdejileriň möçberiniň 20 göterimini Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirýär.

Agzalan geçirimleri hasaplamagyň we Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Konsern tarapyndan kesgitlenilýär.

Şu maddanyň birinji böleginiň 3-4-nji bentlerinde görkezilen, gazylyp alnan Uglewodorod serişdeleriniň bir bölegi görnüşinde Konsern tarapyndan alynýan girdejilerden Türkmenistanyň Döwlet býujetine agzalan geçirimleriň möçberiniň hasaplanmagy şol Uglewodorod serişdeleriniň ýerlenmeginden soňra (alyjy tarapyndan tölenen) alnan düşewündiň möçberinden amala aşyrylýar.

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen geçirimler tölenenden soň galan, Konserniň şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen girdejileri salgyt salynmaga degişli däldir we beýleki hökmany tölegleriň (ýygymlaryň we geçirimleriň) hasaplanmagy üçin töleg salnyş binýady däldir, Konserniň salgyt salynýan peýdasy kesgitlenende onuň jemi girdejisine goşulmaýar, Konserniň ygtyýarynda galýar hem-de onuň çözgütlerine laýyklykda özi tarapyndan özbaşdak ulanylýar.

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen geçirimler tölenenden soň galan, şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen girdejileriň daşary ýurt pulunda gelip gowşan bölegi Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda paýlanylýar.

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen geçirimler tölenenden soň galan, şu maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen girdejileriň milli pulda gelip gowşan bölegi Türkmenistanyň Döwlet býujetine, daşary ýurt pulunda gelip gowşan bölegi bolsa -  Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirilýär.

Şu Kanunyň 54-nji maddasyna laýyklykda eýeçilik hukugy Potratçydan Konserne geçýän emläge Konserniň şu bölekde göz öňünde tutulan, Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirimler geçirilýän girdejisi hökmünde garalmaýar. Şeýle emlägiň bahasyna ýuridik şahslaryň alan peýdasyna (girdejisine) salynýan salgydy hasaplamagyň maksatlary üçin Konserniň girdejisi hökmünde garalmaýar. Şeýle emläk satylan mahalynda Kanunyň şu maddasynyň dördünji böleginiň düzgünleri ulanylýar.

4. Şu Kanunyň 48-nji maddasynda salgyt salmagyň Potratçy babatdaky bellenilen tertibi Konserne hem degişlidir.

Eýeçilik Potratçydan Konserne geçenden soň onuň emlägini peýdalanmak hukugynyň mugt berilmegine girdeji hökmünde garalmaýar. Aýyrmalar hökmünde şeýle emläk ýerlenilende Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalara laýyklykda kesgitlenýän onuň balans gymmaty nazara alynýar.

5. Konsern şu maddada görkezilen girdejiler boýunça aýratyn maliýe-ykdysady hasabatyny alyp barýar.

 

 

 

X bölüm. Hukuk şertleri

 

52-nji madda. Şertnamanyň durnukly şertleri

 

Şertnamanyň hereket edýän döwründe Şertnamanyň täjirçilik şertlerine we Şertnamanyň taraplarynyň bähbitlerine düýpli täsir etjek Türkmenistanyň kanunçylygyna üýtgetmeler girizilende, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky halkara şertnamalaryn üýtgedilmegi sebäpli ýüze çykan ýagdaýynda, Şertnamanyň taraplarynyň bähbitleriniň deňeçerligini we baglaşylan pursadynda sap ýürekli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, Şertnamanyň şertleri boýunça olar tarapyndan garaşylan ykdysady netijeliligi üpjün etmek maksady bilen Konsern we Potratçy Şertnamanyň mazmunyňa üýtgetmeler girizýärler. Zähmet kanunçylygynyň, daşky gurşawy we ilatyň saglygyny, ýerasty baýlyklary goramagyň, işleri howpsyz alyp barmagyň kadalaryna, tertiplerine we ölçeglerine, şol sanda halkara tejribesiniň kadalaryna, tertiplerine we ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan üýtgetmeler girizilen ýagdaýynda Şertnamanyň şertlerini üýtgetmek baradaky görkezilen düzgünler ulanylmaýar.

 

53-nji madda. Potratçynyň hukuklarynyň we borçnamalarynyň geçirilmegi

 

1. Potratçy Ygtyýarnama we Şertnama boýunça öz hukuklarynyň we borçlarynyň hemmesini ýa-da belli bir bölegini diňe Konserniň deslapdan ýazmaça razylygy bilen geçirip ýa-da girewine goýup bilýär.

2. Potratçynyň işiniň dolandyrylmagynyň we oňa gözegçilik edilmeginiň üýtgän halatynda Potratçy öz wagtynda ol barada Konserne habar bermäge borçludyr. Şu ýagdaýda Konserniň birtaraplaýyn tertipde Ygtyýarnamany ýatyrmaga we Şertnamany bozmaga hukugy bardyr.

3. Şertnama boýunça hukuklaryň we borçnamalaryň geçirilmegi Şertnamada kesgitlenilýän tertipde Şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ýörite  namany düzmek arkaly ýazmaça görnüşinde amala aşyrylýar.

4. Potratçynyň Ygtyýarnama we Şertnama haýsydyr bir gatnaşygy saklanýança ol we hukuklar hem-de borçnamalar geçirilýän Şahs Şertnama boýunça bilelikdäki jogapkärçiligi çekýärler.

5. Hukuklaryň we borçnamalaryň geçirilmegi bilen baglanyşykly çykdajylar Potratçynyň üstüne ýüklenilýär.

6. Konsern Potratçynyň  Şertnamadaky  gatnaşyk paýyny  satyn almakda artykmaç hukuga eýedir.

7. Konsern ýa-da ol tarapyndan Potratçy hökmünde hödürlenen Şahs şu Kanunyň 12-nji maddasýna we Şertnamanyň şertlerine laýyklykda Şertnamanyň hereket edýän islendik tapgyrynda Şertnama gatnaşmagyň 15 göteriminden az bolmadyk paýyny satyn almaga haklydyr.

 

 

 

54-nji madda. Emläge we ýerasty baýlyklar baradaky maglumata eýeçilik hukugy

 

1. Potratçy ýa-da täze döredilen Potratçy tarapyndan satyn alnan ýa-da Şertnama boýunça Nebit işlerini ýerine ýetirmek üçin onuň ulanýan emlägi onuň eýeçiligi bolup durýar.

Görkezilen emläk üçin eýeçilik hukugy Potratçydan emlägiň bahasynyň öwezi dolunan gününden ýa-da Şertnamada kesgitlenen başga tertipde Konserne geçýär.

Şunlukda,  Şertnamanyň hereket edýän  möhletiniň  dowamynda Potratça Nebit işlerini geçirmek üçin muzdsuz esasda şular ýaly emläkden peýdalanmak hukugy berilýär we Potratçy onuň talaba laýyk derejede saklanylmagy we tötänleýin ýok bolmak ýa-da tötänleýin zeper ýetmek töwekgelçiligi üçin jogapkärçilik çekýär.

Potratçydaky şeýle emlägiň düzümi, ony hasaba almagyň we oňa baha bermegiň aýratynlyklary Nebit işleri geçirilende kabul edilen hasaba almagy we baha bermegi alyp barmagyň halkara tejribesine we Şertnamanyň düzgünlerine laýyklykda, Konsernde Konserniň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp belleýän tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

2. Şertnama boýunça Nebit işlerini ýerine ýetirende Potratçy tarapyndan alnan geologik, geofıziki, geohimiki, ekologik we başga maglumatlar, olaryň düşündirilmeginiň netijeleri hem-de döredilen maglumatlar, nebitiň we gazyň gorlary barada malgumatlar, şeýle hem dag  jynslaryň we magdanlaryň  nusgalary, şol sanda kern, plast suwuklyklar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (Hökümetiniň) eýeçiligi bolup durýar.

Şu maglumatlara Potratçynyň emläk hukuklary we täjirçilik syry barada maglumatlar degişli däldir.

3. Şu Kanunyň 62-nji maddasynda we Şertnamada göz öňünde tutulan ýaşyrynlygyň şertleri berjaý edilende Potratçynyň  Şertnama boýunça Nebit işlerini ýerine ýetirmek maksady bilen şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen maglumatlardan we nusgalardan muzdsuz peýdalanmaga hukugy bardyr.

4. Nebit işlerini ýerine ýetirmegiň barşynda Potratçy ýa-da onuň Kömekçi potratçysy tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine (Hökümetine) degişli bolan maglumatlaryny we nusgalaryny Türkmenistandan daşary çykarmagyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär we Şertnamada beýan edilýär.

 

55-nji madda. Ätiýaçlandyryş

 

1. Potratçy Nebit işlerini geçirende ätiýaçlandyryşyň aşakdaky görnüşlerini ulanmaga we saklamaga borçludyr:

1) "ähli töwekgelçilikler" bukjasyna laýyklykdaky ätiýaçlandyryş, oňa desgalar, enjamlar, gurluşlar we Nebit işlerini geçirmekde ulanylýan ýa-da ulanmak üçin niýetlenen Potratçynyň başga emlägi degişlidir;

2) Potratçy tarapyndan Konserne (önümleriniň Konserne degişli bolan bölegini) ýa-da beýleki subýektlere geçirilýän pursadyna we nokadyna çenli Uglewodorod serişdeleriniň we olaryň ugurdaş önümleriniň mümkin ýitgilerini öz içine alýan ätiýaçlandyryş;

3) Daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň öňüni alyş çäreleri, netijelerini aradan aýyrmak, şol sanda Şertnamalaýyn çäkde, onuň ýerasty baýlyklarynda howanyň, suwun, topragyň we topragastyň hapalanmagy bilen baglanyşykly bolan çykdajylary öz içine alýan ätiýaçlandyryş;

4) "umumy jogapkärçilik" görnüşli ätiýaçlandyryş, oňa Nebit işlerini geçirmekde ýa-da olar bilen baglylykda, şol sanda üçünji Şahslara ýetirilen emläk zeleli we ýaşaýşa hem-de jan-saglyga zyýan degişlidir;

5) "guýularyň gözegçiligi" görnüşli ätiýaçlandyryş, oňa goşmak bilen Şertnamalaýyn çäkde guýularda heläkçilikler bilen ýüze çykarylan guýularyň gaýtadan burawlaýyşy we gözegçilik bilen bagly çykdajylar degişlidir;

6) "saglyk, ýaşaýyş we  betbagtçylykly ýagdaýlar" görnüşli ätiýaçlandyryş,  oňa Potratçynyň işgärleriniň we onuň Nebit işlerini ýerine ýetirmäge çeken beýleki Şahslaryň ätiýaçlandyryşy degişlidir;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri;

8) Nebit işlerini geçirmegiň halkara tejribesine laýyklykda Potratçylar tarapyndan ulanylýan ätiýaçlandyryşyň beýleki görnüşleri.

2. Potratçy şulara borçludyr:

1) Nebit işleriniň ätiýaçlandyrylyşy amala aşyrylanda Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş kanunçylygynyň düzgünlerini berjaý etmäge;

2) Işi Nebit işleriniň geçirilmegi bilen baglanyşykly bolan Operatordan we Kömekçi potratçydan degişli kömekçi potrat şеrtnamalarynda we Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş hakyndaky kanunçylygynyň düzgünlerinde göz öňünde tutulan görnüşlerde we möçberlerde ätiýaçlandyryşy ulanmagy hem-de goldamagy talap etmäge.

 

56-njy madda. Zähmet gatnaşyklary

 

1.Potratçynyň işgärler bilen zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, toparlaýyn we şahsy zähmet şertnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy tarapyndan bellenilen beýleki hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

2. Potratçynyň daşary ýurt işgärleri işe hakyna tutmaga hukugy bardyr. Şunlukda, Şertnamanyň güýje giren senesinden bir ýyldan az bolman daşary ýurt raýatlarynyň umumy sany ortaça ýyllyk hasaplamada Potratçy tarapyndan ähli çekilen işgärleriň umumy  sanynyň 30 göteriminden ýokary geçmeli däldir.

Bellenen kwotalardan artyk daşary ýurt raýatlarynyň işe çekilmegi Potratçy tarapyndan diňe degişli hünärli we kärli Türkmenistanyň raýatlary bolan işgärler bolmadyk ýagdaýynda Konsern bilen ylalaşmak esasynda  amala  aşyrylýar. Şunda Potratçy  şeýle  hünärler boýunça işgärleri taýýarlamagyň ýörite maksatnamasyny taýýarlamaga borçludyr.

3. Potratçynyň daşary ýurt işgärleri bilen zähmet şertnamalary (kontraktlary), olary baglaşmagyň halkara tejribesine laýyklykda aýratyn düzgünlerini öz içine alyp biler.

Şunlukda, daşary ýurt işgärleriň zähmet hukuklarynyň kepillik derejesi Türkmenistanyň raýatlarynyň zähmet hukuklarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda  göz  öňünde tutulan kepillik derejesinden pes bolup bilmez.

4. Şu maddanyň düzgünleri Kömekçi potratça hem degişlilikde ulanylýar.

 

57-nji madda. Durmuş ätiýaçlandyrmasy we durmuş üpjünçiligi

 

1.Potratçy bilen zähmet hukuk gatnaşyklarynda bolan işgärleriň durmuş taýdan ätiýaçlandyryşy we durmuş taýdan üpjünçiligi (daşary ýurt işgärleriň pensiýa üpjünçiliginden başga) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Potratçy diňe daşary ýurtly işgärler babatda Türkmenistanyň çäklerinde durmuş taýdan ýeňilliklerden peýdalanmaga isleg bildiren ýagdaýynda olara degişlilikde döwlet durmuş taýdan ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlary amala aşyryp biler.

3. Şu maddanyň düzgünleri Kömekçi potratçy babatynda hem ulanylýar.

 

58-nji madda. Potratçynyň hukuklarynyň kepillikleri

 

Potratça Türkmenistanyň gatnaşyjy bolup durýan halkara şertnamalarynyň, şu Kanunyň, Ygtyýarnamanyň we Şertnamanyň düzgünlerine laýyklykda öz hukuklarynyň goragy kepillendirilýär.

 

59-njy madda. Jedelleri çözmek

 

1. Jedeller:

a) Ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagy we (ýa-da) ýatyrylmagy bilen baglanyşykly Konsern bilen Ygtyýarnamanyň eýesiniň arasyndaky jedeller, mümkin boldugyça, gepleşikler arkaly çözülýär;

b) Şertnamanyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly Konsern bilen Potratçynyň arasyndaky jedeller, mümkin boldugyça, gepleşikler arkaly çözülýär, şol sanda garaşsyz halkara bilermenleri çagyrylýar ýa-da Şertnamada jedelleri çözmegiň ozal ylalaşylan amallaryna laýyklykda çözülýär.

2. Eger-de şu maddanyň birinji böleginde görkezilen jedeller, bir tarapyň beýlekisine ýazmaça ýüz tutan pursadyndan başlap üç aýyň dowamynda çözülip bilinmese, şu taraplaryň islendik biri garşy tarapy ýazmaça görnüşinde deslapdan habarly edip, Şertnama laýyklykda halkara araçylyk edaralaryna ýüz tutup biler.

3. Ähli galan jedeller, Potratçynyň, şeýle hem Konserniň hem-de Türkmenistanyň beýleki Şahslarynyň arasyndaky jedeller Türkmenistanyň kazyýeti we araçy kazyýeti tarapyndan çözülýär.

 

60-njy madda. Fors-mažor

 

1.Ygtyýarnamanyň we (ýa-da) Şertnamanyň şertlerini Potratçynyň ýerine ýetirmänligi ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmänligi, eger bu hereketler urşun, harby gapma-garşylyklaryň, tebigy betbagtçylyklaryň ýa-da adatdan daşary häsiýete eýe adatdan daşary waka hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga ýagdaýlarda ýa-da Potratçynyň erkine we hereketlerine bagly bolmadyk ýa-da güýjüni ýeňip geçip bolmaýan ýagdaýlar hökmünde Şertnamada göz öňünde tutulýan beýleki sebäpleriň netijesinde dörän bolsa, olar düzgün bozulma bolmaýar.

2. Güýjüni ýeňip bolmaýan ýagdaýlar sebäpli Ygtyýarnamanyň we (ýa-da) Şertnamanyň şertleri ýerine ýetirilmedik ýagdaýda Potratçy şular ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň sebäplerini görkezmek bilen haýal etmän bu barada Konserne habar bermäge borçludyr.

3. Güýjüni ýeňip bolmaýan ýagdaýlar sebäpli şu Kanuna, Ygtyýarnama we (ýa-da) Şertnama laýyklykda Potratçy hukuklaryny we borçnamalaryny ýerine ýetirmedik döwründe Ygtyýarnamanyň we (ýa-da) Şertnamanyň hereket edýän möhletleri şol döwre uzaldylýar.

4. Eger-de güýjüni ýeňip bolmaýan ýagdaýlar bir ýyldan gowrak dowam etse, Şertnamanyň taraplarynyň islendiginiň beýleki tarapa Şertnamany ýatyrmagy teklip etmäge hukugy bar. Taraplar ylalaşyga gelen halatynda Şertnama ýatyrylýar.

5. Eger-de güýjüni ýeňip bolmaýan ýagdaýlar iki ýyldan gowrak wagta çekse, Şertnamanyň Taraplarynyň islendiginiň beýleki Şertnamanyň Tarapyna bir aý galanda deslapdan habar berip, Şertnamany birtaraplaýyn tertipde ýatyrmaga haky bardyr.

Eger-de Potratçy Nebit işlerini geçirmek bilen baglanyşykly bolan öz harajatlarynyň öwezini dolmadyk bolsa Şertnama Potratçynyň razylygy bolanda ýatyrylyp bilner.

6. Eger güýjüni ýeňip bolmaýan ýagdaýlar bäş ýyldan köp dowam etse, onda Konsern Şertnama boýunça Potratçynyň harajatlarynyň öwezini dolup, onuň bilen Şertnamany birtaraplaýyn tertipde ýatyrmak hukugyna eýedir. Harajatlaryň öwezini dolmagyň möçberi we tertibi Konsern bilen Potratçynyň arasynda gepleşikler arkaly kesgitlenilýär.

7. Şu maddanyň hereket edişi şu Kanunda, Ygtyýarnamada we (ýa-da) Şertnamada göz öňünde tutulan tölegleri öz wagtynda geçirmek talaplaryna degişli däldir.

 

XI bölüm. Jemleýji düzgünler

 

61-nji madda. Konsern tarapyndan talap edilýän maglumatlar

 

Konsern Uglewodorod serişdeleri üçin dünýä nyrhlary baradaky maglumaty goşup, Nebit işleri baradaky habary we maglumatlary ýazmaça görnüşde bermek barada Potratçyny borçly etmäge hukuklydyr. Potratçy şeýle habary bermäge borçludyr.

 

62-nji madda. Maglumatlaryň gizlinligi

 

1. Şertnamanyň taraplarynyň hiç birisi-de Şertnamanyň beýleki tarapynyň deslapdan ýazmaça razylygyny almazdan, ýaşyryn diýlip hasap edilýän we Nebit işlerine dahylly bolan haýsydyr bir habary çap etmäge, jar etmäge ýa-da üçünji tarapa bermäge haky ýokdur.

2. Aýan edilmeli däl maglumat hukuk maslahatçylaryna, buhgalterlere, beýleki maslahatçylara, kepil geçýänlere, karz berijilere, Kömekçi potratçylara, ýükleri daşamak boýunça kompaniýalara berlip bilner, şunda alnan habary jar etmezlik hakynda şol Şahslaryň deslapdan ýazmaça borçanamalary bolmalydyr.

 

63-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (Hökümetiniň) eldegrilmesizligi

 

Ygtyýarnamanyň eýesi - Potratçy şu Kanuna, Ygtyýarnama we Şertnama laýyklykda öz hukuklaryny amala aşyranlarynda hem-de borçnamalaryny ýerine ýetirenlerinde Ygtyýarnamanyň eýesiniň -Potratçynyň haýsydyr bir hereketleri sebäpli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (Hökümetiniň) garşysyna öňe sürlüp bilinjek islendik beýleki üçünji Şahslaryň ähli hereketleri, nägilelikleri we talaplary babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň (Hökümetiniň) eldegrilmesizligini üpjün etmäge borçludyr.

 

64-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Şu Kanunyň güýje giren gününden başlap şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

2005-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen "Uglewodorod serişdeleri hakynda" (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 3, 4, 27-nji madda);

2007-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen "Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň bäşinji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý.,  № 1, 40-njy madda).

3. Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň şu Kanuna laýyk getirilýänçä olaryň düzgünleri şu Kanuna ters gelmeýän ýagdaýynda ulanylýar.

4. Şu Kanunyň täsiri ol güýje girenden soň taraplaryň ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryna degişlidir.

Şu Kanunyň güýje girmegine çenli taraplaryň ýüze çykan hukuk gatnaşyklary boýunça onuň düzgünleri şu Kanun güýje girenden soň ýüze çykan hukuklar we borçlar üçin ulanylýar.

Şu Kanunyň güýje girizilmegi bilen baglanyşykly güýjüni ýitiren diýlip hasap edilen Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda taraplaryň ýüze çykan hukuk gatnaşyklary üçin bu kadalaşdyryjy hukuk namalary ulanylýar, haçan-da taraplaryň özi şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda özleriniň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge isleg bildiren halatlary muňa degişli däldir.

Şu Kanunyň güýje girmegine çenli Ygtyýarnamany alan Ygtyýarnamanyň eýesiniň hem-de hereket edýän Şertnamalar boýunça Şertnamanyň taraplarynyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan şu Kanunyň kadalarynyň gaýdymlaýyn güýji ýokdur.

5. Şu Kanunyň herekete girizilmegi ön berlen Ygtyýarnamalaryň we hereket edýän Şertnamalaryň möhletleriniň üýtgemegine getirmeýär.

6. Şu Kanunyň 9-njy maddasynyň ikinji böleginiň düzgünleri 2005-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda ýüze çykan degişli hukuk gatnaşyklary üçin ulanylýar.

7. Şu Kanun bilen düzgünleşdirilmeýän, uglewodorod serişdelerini gözlemek we gazyp almak boýunça işleri ygtyýarlylandyrmak “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

 

Türkmenistanyň                                                                Gurbanguly

     Prezidenti                                                                 Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri

2008-nji ýylyň 20-nji awgusty

№ 208-III

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 20.08.2008
Resminamanyň belgisi № 208-Ш