Paýdarlar jemgyýetleri hakynda  

TÜRKMENISTANYN

K A N U N Y

 

Paýdarlar jemgyýetleri hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 4, 55-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV, 31.03.2012 ý. № 297-IV,  28.02.2015 ý. №196-V we 23.05.2015 ý. №232-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň, hereket etmeginiň, üýtgedip guramagyň we ýatyrmagyň hukuk esaslaryny, olara gatynaşyjylaryň (paýdarlaryň) hukuklaryny we borçlarny kesgitleýär.

 

I BÖLÜM. ESASY DÜZGÜNLER

 

1 madda. Paýdarlar jemgyýeti düşünjesi

 

Paýdarlar jemgyýeti (mundan beýläk jemgyýet) paýdarlar jemgyýetine gatnaşyjylaryň paýdarlar jemgyýeti babatdaky hökmanylyk hukuklaryny tassyklaýan, paýnamalaryň belli bir sanyna bölünen, fiziki we (ýa-da) edara görnüşindäki şahslaryň goýumlarynyň esaslyk maýasyna birleşen kärhanasydyr.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri

                         hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3 madda. Paýdarlar jemgyýeti hakynda esasy düzgünler

 

1. Jemgyýet edara görnüşindäki şahsdyr, eýeçiliginde öz aýrybaşgalaşan emlägi bardyr hem-de öz adyndan emläk we şahsy emläk däl hukuklary edinmäge we amala aşyrmaga, borçlar çekmäge, kazyýetde hak isleýji we jogap beriji bolmaga haklydyr.

2. Jemgyýet öz borçnamalary boýunça özüne degişli ähli emlägi bilen jogapkärçilik çekýär, oňa Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda temmi berlip bilner. Döwlet jemgyýetiň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, şeýle-de jemgyýet hem döwletiň borçnamalary boýunça jogap bermeýär. Jemgyýet öz paýdarlarynyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär, şeýle-de paýdarlar hem jemgyýetiň borçnamalary boýunça jogap bermeýärler hem-de onuň, işi bilen baglanyşykly ýitgileriň töwekgelçiligini diňe özlerine degişli paýnamalaryň gymmatynyň çäklerinde çekýärler.

3. Eger jemgyýetiň esaslandyryş resminamalarynda başgaça belleinilmese, ol iş möhleti çäklendirmezden esaslandyrylýar. Jemgyýet kanunda bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan başlap ol döredilen diýlip ykrar edilýär.

 

4 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň ady we ýerleşýän ýeri

 

1. Paýdarlar jemgyýetiniň türkmen we rus dillerinde öz ady, şol sanda jemgyýetiň görnüşi görkezilýän gysgaldylan ady bardyr.

Paýdarlar jemgyýeti şeýle-de daşary ýurt dilinde doly we gysgaldylan ady edinmäge haklydyr.

2. Ady Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alnan paýdarlar jemgyýetiniň ony peýdalanmaga aýratyn hukugy bardyr.

3. Paýdarlar jemgyýetiniň bellenilen nusgadaky möhri bardyr hem-de öz nyşanjygy, bellenilen tertipde bellige alnan firma haryt nyşany, öz ady bilen möhürçeleri we resmi kagyzlary edinmäge haklydyr, olarda Türkmenistanyň döwlet nyşany bolmaly däldir.

4. Jemgyýetiň ýerleşýän ýeri - onuň edara görnüşindäki salgysy jemgyýetiň dolandyryş edaralarynyň ýerleşýän ýeridir.

 

5 madda. Açyk we ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri

 

1. Jemgyýet açyk ýa-da ýapyk bolup biler, bu onuň esaslandyryş resminamasynda görkezilýär.

2. Açyk jemgyýet öz çykarýan paýnamalaryna açyk ýazylyşyk, geçirmäge we şu Kanunyň hem-de Türkmenistanyň gaýry hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda olary erkin satmaga haklydyr. Açyk jemgyýetiň paýdarlary bu jemgyýetiň beýleki paýdarlarynyň razylygy bolmazdan özlerine degişli  paýnamalary aýrybaşgalap bilerler.

Açyk jemgyýet öz çykarýan paýnamalaryna, eger bu jemgyýetiň tertpnamasynda göz önünde tutulan bolsa, ýapyk ýazylyşyk geçirmäge haklydyr.

3. Paýnamalary diňe ony esaslandyryjylaryň ýa-da öňünden kesgitlenen gaýry adamlar toparynyň arasyndapaýlanylýan jemgyýet ýapyk jemgyýetdir. Şeýle jemgyýetiň öz çykarýan paýnamalaryna açyk ýazylyşyk geçirmäge haky ýokdur.

Ýapyk jemgyýetiň paýdarlary jemgyýetiň ýa-da bu jemgyýetiň beýleki paýdarlarynyň satýan paýnamalaryny edinmekde artykmaç hukuga eýedirler.

4. Açyk jemgyýetiň paýdarlarynyň sany çäklendirilen däldir.

Ýapyk jemgyýetiň paýdarlarynyň sany elliden ýokary geçip bilmez. Jemgyýet ýeke-täk esaslandyryjy (paýdar) hökmünde bir şahsdan durýan başga kärhanany edinip bilmez.

 

6 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň golçur kärhanalary, şahamçalary we wekilhanalary

 

1. Jemgyýet Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň, çäginde golçur kärhanalaryny, şahamçalary we wekilhanalary esaslandyrmaga haklydyr.

2. Jemgyýetiň golçur kärhanasy edara görnüşindäki şahsyň hukuklaryna eýedir we öz borçnamalary boýunça. özbaşdak jogapkärçilik çekýär. Golçur kärhana özüni esaslandyran jemgyýetiň bergileri boýunça jogap bermeýär, jemgyýet hem golçur kärhanasynyň bergileri boýunça jogap bermeýär.

3. Jemgyýetiň şahamçasy we wekilhanasy edara görnüşindäki şahslar däldir. Şahamça we wekilhana olary esaslandyran jemgyýetiň emlägi berilýär we öz işini olar hakda jemgyýet tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamalaryň esasynda amala aşyrýarlar.

Şahamçanyň we wekilhananyň işlerini jemgyýet tarapyndan berlen ynanç hatynyň esasynda jemgyýet tarapyndan bellenilýän ýolbaşçy (dolandyryjy) dolandyrýar. Şahamçanyň we wekilhananyň işlerini alyp barmagy amala aşyrýan ýolbaşçy (dolandyryjy) jemgyýetiň öňünde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýär.

 

II BÖLÜM. PAÝDARLAR JEMGYÝETINI

ESASLANDYRMAGYŇ TERTIBI

 

7 madda. Paýdarlar jemgyýetini döretmek

 

1. Jemgyýetiň esaslandyryjylary (gatnaşyjylary) Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň fiziki hem edara görnüşindäki şahslary, şeýle hem raýatlygy bolmadyk şahslar bolup bilerler. Jemgyýetiň esaslandyryjylarynyň (gatnaşyjylarynyň) sany ikiden az bolup bilmez.

2. Esaslandyryjylar (gatnaşyjylar) jemgyýeti döretmek boýunça olaryň bilelikdäki (işiniň tertibini jemgyýetiň görnüşini, esaslyk maýasynyň möçberini, çykarylýan paýnamalaryň derejelerini we görnüşlerini, olaryň töleginiň möçberini we tertibini, jemgyýete gatnaşyjylaryň (paýdarlaryň) hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän ýazmaça şertnamany öz aralarynda baglaşýarlar. Jemgyýeti döretmek hakynda şertnama onuň esaslandyryş resminamasy däldir.

 

8 madda. Paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy ýygnak

 

1. Jemgyýeti döretmek hakynda karar eýeaslandyryjy ýygnak tarapyndan kabul edilýär, ol ähli esaslandyryjylaryň ýa-da olaryň doly ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda doly  ygtyýarlydyr.

2. Esaslandyryjy ýygnak karar kabul edýär:

- biragyzdan - jemgyýeti döretmegiň, esaslandyryjy şertmamany we tertipnamany tassyklamagyň meseleleri boýunça, esaslandyryjylaryň natural görnüşde   goýýan goýumlaryna pul taýdan nyrh kesmek hakynda;

- sesleriň üçden iki böleginiň kwalifisirlenen köplügi bilen - jemgyýetiň ýerine ýetiriji we gözegçilik ediji edaralaryny saýlamagyň meseleleri boýunça, şeýle hem synçy geňeşi döretmegiň meseleleri boýunça;

- sesleriň ýönekeý köplügi bilen - esaslandyryjy ýygnagyň başlygyny saýlamagyň meselelerini, beýleki meseleler boýunça.

3. Jemgyýetiň esaslandryjylary ony döretmek bilen baglanyşykly we jemgyýetiň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli ýüze çykýan ýagdaýlar boýunça raýdaşlyk jogapkärçiligini çekýärler.

Jemgyýet esaslandyryjylaryň hereketleri we çykdajylary soňra paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan makullanan mahalynda esaslandyryjylaryň ony döretmek bilen baglanyşykly borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekýär.

 

9 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň tertipnamasy

 

1. Jemgyýetiň esaslandyryjy resminamasy onuň tertipnamasydyr.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen maglumatlaryň daşyndan jemgyýetiň  tertipnamasynda aşakdaky maglumatlar  bolmalydyr:

- jemgyýetiň doly we gysgaldylan ady;

- edara görnüşindäki salgysy;

- jemgyýetiň görnüşi (açyk ýa-da ýapyk);

- iş närsesi we maksatlary;

- esaslandyryjylaryň düzümi;

- esaslyk maýasynyň möçberi we onuň töleginiň şertleri;

- paýnamalara ýazylmagyň tertibi;

- çykarylýan paýnamalaryň mukdary, derejeleri (ýönekeý, ýeňillikli) we görnüşleri hem-de olaryň gatnaşygy,  paýnamalaryň nominal gymmaty;

- paýnamalaryň mukdary;

- paýnamalary çykarmak we olary töläp yzyna almak boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilişi;

- girdejini paýlamagyň tertibi;

- döretmegiň usuly, jemgyýetiň san düzümi, ýerine ýetiriji  (dolandyryjy) we gözegçilik ediji  edaralarynyň ygtyýarlylygy we ygtyýarlyklarynyň möhleti;

- paýnamalaryň dürli derejeleriniň we görnüşleriniň eýeleri bolup durýan paýdarlaryň hukuklary;

- paýdarlaryň umumy ýygnagyny çagyrmagyň usuly, onuň hukuk ukyplylygy we hukuk taýdan ukypsyzlygyndaky tertibi, ses hukugyny amala aşyrmagyň şertleri we usuly;

- jemgyýetiň golçur kärhanalary, onuň şahamçalary we wekilhanalary hakynda maglumatlar.

3. Zerur mahalynda jemgyýetiň tertipnamasynda aşakdaky düzgünler görkezilip bilner:

- pul bolmadyk goýumlary goýmagyň şertleri we jemgyýetiň esaslandyryjylary üçin üpjün edilýän  beýleki artykmaçlyklar hakynda;

- paýnamalaryň dürli derejelerini we görnüşlerini çykarmak bilen baglanyşykly hukuklar, olaryň mukdary we nominal gymmaty hakynda;

- obligasiýalary çykarmaga degişli kadalar hakynda;

- jemgyýetiň paýnamalaryny dolanyşykdan aýyrmagyň mümkinçilikleri we tertibi hakynda;

- esaslyk maýasy artdyrylan mahalynda jemgyýetiň ýerine ýetiriji (dolandyryjy) edarasyna berilýän şertler  we ygtyýarlyklar hakynda;

- paýdarlar jemgyýetiniň tertipnamasy tarapyndan bir paýdara degişli paýnamalaryň mukdaryna çäklendirme bellenilip bilner we eger bu jemgyýetiň beýleki paýdarlary paýnamalary edinmek üçin öz ýeňillikli hukugyny peýdalanmasalar, onuň paýdarlarynyň satýan  paýnamalaryny edinmäge jemgyýetiň ýeňillikli hukugy göz öňünde tutulyp bilner.

4. Jemgyýetiň tertipnamasyna esaslandyryjylar gol çekýärler.

5. Jemgyýetiň tertipnamasyna girizilýän her bir üýtgetme ýa-da goşmaça diňe paýdarlaryň umumy ýygnagynyň kararynyň esasynda amala aşyrylyp bilner. Jemgyýetiň tertipnamasyny üýtgetmek ýa-da goşmaça girizmek hakynda karar esaslyk maýasynyň azyndan üçden iki bölegine bilelikde eýelik edýän paýdarlaryň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Tertipnama üýtgetmeler we goşmaçalar jemgyýetiň döwlet tarapyndan bellige alyş edarasynda bellige alynmalydyr.

 

10 madda. Paýdarlaryň hukuklary we borçlary

 

Ähli paýdarar şu Kanundan we jemgyýetiň tertipnamasyndan gelip çykýan hukuklara we borçlara eýelik edýärler.

2. Paýdarlar aşakdaky hukuklara eýedir:

- jemgyýetiň tertipnamasynda kesgitlenen jemgyýetiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga;

- jemgyýetiň işinden gelýän girdejiniň bir bölegini (diwidendleri) almak;

- özlerine degişli jemgyýetiň paýnamalary bilen şu Kanunda we jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde geleşikleri amala aşyrmak;

- paýnama tarapyndan berilýän hukuklary (ýa-da hukuklaryň bir bölegini) öz wekiline (wekillerine) bermek;

- jemgyýetiň işi hakynda habar almak, şol sanda buhgalterçilik hasaba alşyň we hasabatlylygyň maglumatlary we beýleki resminamalar bilen jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde tanyşmak;

- jemgyýet ýatyrylan halatynda algydarlar bilen hasaplaşyklardan soň galan emlägiň gymmatynyň bir bölegini ýa-da onuň gymmatyny Türkmenistanyň kanunçylygynda we jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde almak;

- jemgyýet tarapyndan kabul edilen kararlary kazyýet tertibinde jedelleşmek.

Paýdarlar şu Kanunda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklara, şol sanda jemgyýet tarapyndan öndürilýän önümleri (hyzmatlary) almaga, jemgyýetiň täze goýberiliş paýnamalaryny edinmäge bolan ýeňillikli hukuga eýe bolup bilerler.

3. Paýdarlar aşakdakylara borçludyrlar:

- paýnamalary jemgyýetiň esasdandyryş resminamalarynda göz öňünde tutulan tertipde, möçberde we usullarda tölemäge;

- jemgyýetiň işi hakyndaky ýaşyryn habary jar etmezlige hem-de jemgyýete zyýan ýetirip biljek islendik işden saklanmaga.

Hiç bir başga borçlar paýdarlaryň razylygy bolmazdan olaryň üstüne ýüklenip bilinmez. Paýdarlara belli bir borçlary ýükleýän tertipnamanyň düzgünleri, jemgyýetiň dolandyryş we gözegçilik ediji edaralarynyň kararlary hakyky däldir.

4. Paýdar jemgyýetiň emläginiň düzümine girýän aýratyn emläge, şol sanda paýdar tarapyndan girizilen emläge bolan eýeçilik hukugyna eýelik etmeýär.

5. Paýdaryň öz edinen paýnamalaryny töläp yzyna almagyny jemgyýetden talap etmäge haky ýokdur, şu maddanyň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

6. Paýdarlaryň umumy ýygnagy aşakdaky kararlary kabul eden halatlarynda özlerine degişli paýnamalaryň hemmesini ýa-da bir bölegini satyn almagyny jemgyýetden talap etmäge ses beriji paýnamalaryň eýeleri bolan paýdarlaryň haky bardyr;

 jemgyýeti üýtgedip guramak hakynda;

- uly geleşigi amala aşyrmak hakynda, onuň närsesi bolsa şeýle geleşigi amala aşyrmak hakynda karar kabul edilen  senä çenli jemgyýetiň sap  aktiwleriniň gymmatyndan 50 göterim ýokary gymmaty bolan emläkdir;

- şu tertipnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda ýa-da olaryň hukuklaryny çäklendirýän rejelenen görnüşdäki tertipnamany tassyklamak.

Eger paýdarlar görkezilen kararlaryň kabul edilmeginiň garşysyna ses beren ýa-da ses bermäge gatnaşmadyk halatynda, onda paýdarlarda şeýle talaby etmek hukugy döreýär. Jemgyýet olarda şeýle hukugyň barlygy, töläp yzyna almagyň bahasy we tertibi hakynda paýdarlary habarly etmäge borçludyr.

 

11 madda. Paýdarlar jemgyýetini bellige almak

 

1. Jemgyýetleri, şol sanda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda  ýa-da döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak netijesinde döredilýän jemgyýetleri döwlet tarapyndan bellige almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. Edara görnüşindäki şahslaryň döwlet sanawynda saklanýan jemgyýetler hakyndaky maglumatlar bellige alýan edaralar tarapyndan resmi metbugatda yzygiderli çap edilmelidir.

2. Jemgyýeti  bellige alýan döwlet edarasy aşakdaky halatlarda jemgyýeti bellige almakdan ýüz öwürmäge haklydyr:

- eger jemgyýeti esaslandyrmak şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny bozmak bilen amala aşyrylan bolsa;

- eger esaslandyryş resminamasy ýa-da jemgyýeti esaslandyrmak hakyndaky arzada nädogry, doly däl we nätakyk maglumatlar bolsa.

 

III  BÖLÜM.  PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ EMLÄGI

 

12 madda. Jemgyýetiň esaslyk maýasy

 

1. Jemgyýetiň paýnamalaryny alanlygy üçin esaslandyryjylaryň (paýdarlaryň) geçiren goýumlary paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyny düzýärler, ol jemgyýetiň emläginiň iň az möçberini kesgitleýär, jemgyýetiň algydarlarynyň bähbitlerini kepillendirýär.

Paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasynyň iň az möçberi jemgyýet tarapyndan çykarylan we ýerleşdirilen paýnamalaryň jemi nominal gymmaty esaslandyryjylar (paýdarlar) tarapyndan esaslyk maýasyna geçirilen we jemgyýeti döwlet tarapyndan bellige aldyrmak üçin resminamalaryň berlen senesinde kanunçylykdan bellenen iň az iş hakynyň azyndan 200 esse möçberini düzmelidir.

2. Jemgyýetiň öz tertipnamasyna laýyklykda çykarmaga hukugy bolan ähli paýnamalarynyň jemi nominal gymmaty jemgyýetiň yglan edilen esaslyk maýasyny düzýär.

Jemgyýet esaslandyrylan pursatynda yglan edilen esaslyk maýasynyň ähli möçberine ýa-da diňe onuň bir bölegine paýnamalary çykaryp ýa-da ýerleşdirip biler. Şunda ýerleşdirilen paýnamalaryň jemi nominal gymmaty esaslyk maýasynyň şu Kanun arkaly bellenilen iň az möçberlerinden pes bolmaly däldir.

3. Jemgyýet esaslandyrylanda paýnamalara açyk ýazylyşyk geçirmäge ýol berilmeýär. Ähli paýnamalar esaslandyryjylaryň arasynda ýerleşdirilmelidir we jemgyýetiň döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan başlap 12 aýyň dowamynda tölenmelidir.

Jemgyýet döwlet tarapyndan bellige alnan pursatynda onuň esaslyk maýasy esaslandyryjylar tarapyndan azyndan ýarpysyna çenli tölenmelidir.

4. Jemgyýet tarapyndan çykarylýan her bir görnüşdäki paýnamalaryň sany, esaslyk maýasynyň çäklerinde olary çykarmagyň möhletleri we şertleri jemgyýetiň tertipnamasy arkaly kesgitlenilýär.

 

13 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasynyň möçberini artdyrmak ýa-da kemeltmek

 

1. Paýdarlar jemgyýeti yglan edilen esaslyk maýasynyň möçberini artdyrmaga ýa-da kemeltmäge haklydyr.

2. Jemgyýetiň esaslyk maýasynyň möçberini artdyrmaga diňe paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary boýunça öň yglan edilen ähli paýnamalar edinilenden soň ýol berilýär. Öz çeken ýitgileriniň öwezini dolmak üçin jemgyýetiň esaslyk maýasynyň möçberini artdyrmaga ýol berilmeýär.

Jemgyýet paýnamalaryň nominal gymmatyny artdyrmak, täze paýnamalary çykarmak (emissiýa) arkaly yglan edilen, esaslyk maýasynyň möçberini artdyrmaga haklydyr. Esaslyk maýasynyň möçberi boýunça üýtgetmeler jemgyýetiň tertipnamasyna girizilmelidir we bellige alynmalydyr. Jemgyýetiň tertipnamasyna üýtgetmeleriň bellige alynmagyna çenli täze paýnamalaryň emissiýasy gadagandyr.

3. Jemgyýet paýnamalaryň nominal gymmatyny kemeltmek ýa-da olaryň umumy sanyny gysgaltmak arkaly, paýnamalary ýatyrmak maksady bilen olaryň bir  bölegini edinmek arkaly esaslyk maýasynyň möçberini kemeltmäge haklydyr. Eger bu jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, paýnamalaryň bir bölegini edinmäge ýa-da üzülişmäge ýol berilýär.

Eger esaslyk maýasynyň möçberini kemeltmek netijesinde ol şu Kanun arkaly kesgitlenen esaslyk maýasynyň iň az möçberinden az bolsa, onuň möçberini kemeltmäge jemgyýetiň haky ýokdur.

4. Kabul edilen gününden başlap otuz gün  möhletde jemgyýetiň esaslyk maýasyny kemeltmek hakyndaky karary şu kanunda bellenen tertipde bellige alynmalydyr. Jemgyýetiň esaslyk maýasyny kemeltmek delili bellige  alnandan soň jemgyýeti dolandyrýan edara 30 günden az bolmadyk aralyk bilen bu hakdaky habary gündelik resmi neşirleriň birinde iki gezek çap etmäge borçludyr.

Diňe jemgyýetiň algydarlarynyň ýazmaça razylygy bolan mahalynda esaslyk maýasynyň möçberini kemeltmäge ýol berilýär.

5. Eger ikinji we her bir soňraky maliýe ýylynyň tamamlanmagy bilen jemgyýetiň sap aktiwleriniň gymmaty esaslyk maýasyndan az bolsa, jemgyýet öz esaslyk maýasynyň möçberiniň kemelmegini bellenilen tertipde yglan etmäge we bellige  aldyrmaga ýa-da jemgyýetiň ýatyrylanlygy hakynda yglan etmäge borçludyr.

Jemgyýetiň esaslyk maýasynyň möçberini artdyrmak ýa-da kemeltmek hakynda karar paýdarlaryň sesleriniň umumy sanyndan sesleriň azyndan üçden iki bölegi bilen umumy ýygnakda kabul edilýär.

Eger esaslyk maýasynyň möçberini kemeltmek ýa-da jemgyýeti ýatyrmak hakyndaky karar şu madda laýyklykda jemgyýet tarapyndan kabul edilmese, paýdarlar we döwlet tarapyndan ygtyýarly edaralar jemgyýetiň kazyýet tertibinde ýatyrylmagyny talap etmäge haklydyrlar.

 

14 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň sap aktiwleri

 

Jemgyýetiň sap aktiwleri - munuň özi jemgyýetiň bir paýnama düşýän borçnamalaryny tutmak bilen onuň aktiwleriniň möçberiniň ululygydyr. Jemgyýetiň sap aktiwleriniň gymmaty buhgalterçilik hasaba alyş ulgamyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän edaranyň bellän tertibinde jemgyýetiň buhgalterçilik hasaba alyş maglumatlary boýunça baha berilýär.

 

15 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň girdejileri we gaznalary

 

1. Paýdarlar jemgyýetiniň balans we sap girdejisi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kesgitlenilýär.

2. Jemgyýetiň sap girdejisi onuň doly ygtyýaryna gelip düşýär we ýyllyk hasabat, balans we jemgyýetiň maliýe işi hakyndaky hasabat kabul edilenden ýa-da tassyk edilenden soň paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary boýunça paýlanylýar.

3. Jemgyýet sap girdejisiniň hasabyna sarp ediş we ätiýaçlyk gaznalaryny döretmäge haklydyr. Gaznalary  döretmegiň we peýdalanmagyň tertibi jemgyýetiň tertipnamasy arkaly kesgitlenilýär.

4. Jemgyýetiň ätiýaçlyk gaznasy esaslyk maýasynyň 15 göteriminden az bolmaly däldir. Ätiýaçlyk gaznasyna her ýylky geçirimleriň möçberi jemgyýetiň tertipnamasy arkaly bellenilýär.

Jemgyýetiň ätiýaçlyk gaznasy ýitgileriň öwezini dolmak, jemgyýetiň obligasiýalaryny üzülişmek, obligasiýalar boýunça möçberleri we ýeňillikli paýnamalar boýunça diwidendleri tölemek, şeýle hem gaýry serişdeler bolmadyk mahalynda jemgyýetiň paýnamalaryny töläp yzyna almak üçin niýetlenilýär. Ätiýaçlyk gaznasy gaýry maksatlar üçin peýdalanylyp bilinmez.

5. Jemgyýet öz tertipnamasyna we paýdarlaryň kararyna laýyklykda, sap girdejiden jemgyýetiň işgärlerini paýdarlaşdyrmagyň ýörite gaznasynyň döredilmegini nazarda tutup biler. Onuň serişdeleri diňe soňra paýnamalary jemgyýetiň işgärleriniň arasynda ýerleşdirmek üçin bu jemgyýetiň paýdarlary tarapyndan satylýan jemgyýetiň paýnamalaryny edinmek üçin harçlanylýar.

 

16 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň diwidendi

 

1. Diwidend paýnamalaryň sanyna proporsionallykda paýdarlaryň arasynda paýlanylýan, paýdarlar jemgyýetiniň sap girdejisiniň bir bölegidir.

Diwidendleri tölemek pul serişdeleri bilen kadadan çykma hökmünde bolsa, eger bu jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, harytlar ýa-da gaýry aktiwler görnüşinde geçirilip bilner.

Paýnamalar boýunça diwidendler Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary çygrynda kanunçylygyna laýyklykda tölenilýär.

2. Diwidendleriň töleginiň görnüşi we bir paýnama hasabynda onuň möçberi, eger jemgyýetiň tertipnamasynda başgaça göz öňüne tutulmasa, paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan bellenilýär. Jemgyýet diwidendleriň möçberini olardan tutulýan salgytlary hasaba almazdan yglan edýär.

3. Jemgyýetiň aşakdaky halatlarda diwidendleri yglan etmäge we tölemäge haky ýokdur:

- ähli yglan edilen esaslyk maýasy doly tölenýänçä;

- jemgyýet tarapyndan tölenip yzyna alynmaly ähli paýnamalar tölenip yzyna alynýança;

- eger diwidendleri tölemek pursatynda jemgyýetiň garyp düşmegine (bergä batyp galmagyna) anyk howp bolsa ýa-da şeýle howp jemgyýetde diwidendleri tölemegiň netijesinde dörese;

- eger jemgyýetiň sap aktiwleriniň gymmaty onuň esaslyk maýasynyň we ätiýaçlyk gaznalarynyň möçberlerinden az bolsa.

4. Ýeňillikli paýnamalar boýunça bellenilen diwidend  we obligasiýalar boýunça göterim jemgyýet tarapyndan olar çykarylan mahalynda bellenilýär.

Diwidendi tölemegiň resmi taýdan yglan edilen senesine çenli 30 günden gijä galman edinilen paýnamalaryň diwidende hukugy bardyr. Jemgyýet tarapyndan ýerleşdirilmedik ýa-da edinilen paýnamalar boýunça diwidend tölenmeýär.

Diwidendleriň tölegi jemgyýetiň tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Tölenmedik we alynmadyk diwidendler boýunça göterimler hasaplanyp goşulmaýar.

Paýnamalar boýunça diwidendlere Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda salgyt salynýar.

 

IV BÖLÜM. JEMGYÝETIŇ GYMMATLY KAGYZLARY

WE OLARY ÝERLEŞDIRMEGIŇ TERTIBI

 

17 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň paýnamalary hakynda umumy düzgünler

 

1. Paýnama – öz eýesiniň-paýdaryň jemgyýetiň-emitentiň diwidendler görnüşindäki girdejisiniň bir bölegini almaga, jemgyýetiň dolandyrylmagyna gatnaşmaga we ol ýatyrylandan soň galýan emlägiň bir bölegine hukugyny berkidýän emissiýaly maýa goýum gymmatly kagyzy.

Jemgyýet tarapyndan paýnamalaryň goýberilmegi Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary çygrynda kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Jemgyýet tarapyndan goýberilýän ähli paýnamalaryň nominal bahasy birmeňzeş bolmalydyr we Türkmenistanyň milli pulunda kesgitlenmelidir.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, jemgyýet diňe atly paýnamalary çykarmaga haklydyr.

2. Paýnama bölünmezdir. Eger şol bir paýnama birnäçe adama degişli bolsa, olaryň hemmesi jemgyýet babatynda bir paýdar diýlip ykrar edilýär we öz hukuklaryny olaryň biriniň üsti bilen ýa-da umumy wekiliň üsti bilen amala aşyryp bilerler. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda jemgyýet bölünen paýnamalary çykaryp biler.

 

18 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň paýnamalarynyň derejeleri

 

1. Jemgyýet ýönekeý (ses hukukly) ýa-da hukuklaryň möçberiniň kepillendirilmegi bilen ýeňillikli (ses hukuksyz) paýnamalary çykarýar. Ýeňillikli paýnamalar emitentiň bellige alnan esaslyk maýasynyň 10 göteriminden geçmeýän möçberde çykarylýar.

2. Jemgyýetiň tertipnamasy ýa-da paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary bilen dürli derejelerdäki ýeňillikli paýnamalary çykarmak nazarda tutulyp bilner. Dürli  derejelerdäki  ýeňillikli paýnamalary çykarmak hakyndaky mesele çözülende olary ýerleşdirmegiň şertleri we gymmatly kagyzlaryň ikinji gezekki bazardaky dolanyşygynyň tertibi kesgitlenilýär.

3. Paýdarlar - ýeňillikli paýnamalaryň eýeleri aşakdaky meseleler çözülende paýdarlaryň umumy ýygnagyna gatnaşmaga haklydyrlar:

- jemgyýeti üýtgedip guramak we ýatyrmak;

- jemgyýetiň tertipnamasyna bu derejedäki ýeňillikli paýnamalaryň eýeleri bolup durýan paýdarlaryň hukuklaryny çäklendirýän üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda;

- ýeňillikli paýnamalaryň başga derejelerdäkileriniň eýeleri bolup durýan paýdarlara diwidendi tölemegiň nobatynda artykmaçlyklar we (ýa-da) paýnamalaryň ýatyryş gymmatyny bermek hakynda.

 

19 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň ýönekeý paýnamalary

 

1. Ýönekeý paýnama paýdara ses bermäge girizilen ähli meseleler çözülende paýdarlaryň umumy ýygnagyna ses hukugy bilen gatnaşmaga hukuk berýär.

2. Ýönekeý paýnama paýdara ýeňillikli paýnamalar boýunça diwidendler tölenenden soň jemgyýetiň umumy ýygnagy tarapyndan kesgitlenýän möçberde diwidendleri almak hukugyny, jemgyýet ýatyrylan mahalynda şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde onuň emläginiň bir bölegini almak hukugyny berýär.

 

20 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň ýeňillikli paýnamalary

 

1. Jemgyýetiň ýeňillikli paýnamasy paýdara öňünden kesgitlenen möçberde diwidendler almaga, şeýle hem şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen tertipde jemgyýet ýatyrylan mahalynda emlägiň bir bölegini almaga ýönekeý paýnamalaryň eýeleriniň öňünde ýeňillikli hukuk berýär.

Bir görnüşdäki ýeňillikli paýnamalar olaryň eýelerine hukuklaryň birmeňzeş möçberini berýär hem-de birmenzeş nominal gymmata eýedirler.

Jemgyýetiň tertipnamasy arkaly bu paýnamalar boýunça goşmaça ýeňillikli hukuklar göz öňünde tutulyp bilner.

2. Paýdarlar jemgyýeti ýeňillikli paýnamalaryň aşakdaky görnüşlerini çykarmaga haklydyr:

- diwidendleriň kepillendirilen möçberi bilen;

- paýnamany saklaýjynyň hukuklarynyň gaýry möçberi bilen.

Jemgyýetiň tertipnamasynda ýeňillikli paýnamalary ýönekeý paýnamalara konwersiýa etmegiň mümkinçiligi we şertleri hem kesgitlenip bilner.

3. Ýeňillikli paýnamalar boýunça diwidendler Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary çygrynda kanunçylygyna laýyklykda tölenilýär.

4. Ýönekeý paýnamalar boýunça paýdarlara tölenýan diwidendleriň möçberi ýeňillikli paýnamalar boýunça tölenmäge degişli tölegleriň möçberinden ýokary geçen halatynda, bu paýnamalary saklaýjy tarapyndan ýönekeý paýnama boýunça tölenilýän diwidendiň möçberine çenli goşmaça töleg geçirilmelidir.

Ýeňillikli paýnamalar boýunça tölenmedik ýa-da doly tölenmedik diwidendiň toplanýandygy we soňra tölenýändigi (kumulýatiw ýeňillikli paýnamalar) jemgyýetiň tertipnamasy arkaly bellenilip bilner. Tölenmedik diwidendli ýeňillikli paýnamalary aýrybaşgalamak täze hususyýetçi tarapyndan onuň paýnama almak hukugy bilen amala aşyrylýar.

5. Jemgyýet ýatyrylan halatynda ýeňillikli paýnamanyň eýesiniň paýnamalar boýunça talaplarynyň kanagatlandyrylmagy Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary çygrynda kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

21 madda. Paýdarlar jemgyýeti tarapyndan paýnamalary ýerleşdirmegiň usullary

 

1. Paýnamalary ýerleşdirmek diýlip olaryň satylmagyna düşünilýär.

Paýnamalar aşakdaky usullar bilen ýerleşdirilýär:

- şu Kanuna laýyklykda paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylaryň we beýleki adamlaryň arasynda;

- hususy usul bilen - hünärli maýadarlaryň arasynda;

açyk usul bilen - gymmatly kagyzlar hakyndaky kanunçylyga laýyklykda erkin satmak arkaly adamlaryň çäklendirilmedik toparynyň arasynda.

2. Jemgyýetiň paýnamalarynyň ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary çygrynda kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Jemgyýetiň paýnamalarynyň ilkinji emissiýasy diňe ony esaslandyryjylaryň arasynda amala aşyrylýar. Jemgyýetiň paýnamalaryny öňki emissiýasy doly ýerleşdirilýänçä paýnamalaryň soňraky emissiýasyna ýol berilmeýär.

Jemgyýetiň gymmatly kagyzlarynyň emissiýasy Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar hakyndaky kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

 

22 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň paýnamalaryny çykarmagyň görnüşi

 

1. Paýdarlar jemgyýeti paýnamalary resminamalaýyn görnüşde ýa-da resminamalaýyn bolmadyk görnüşde çykarýar. Paýnamalary çykarmagyň görnüşi paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary bilen kesgitlenilýär.

Paýdarlara paýnamalaryň jemleýji nominal gymmaty üçin jemleýji sertifikat berlip bilner. Atly paýnama üçin şeýle sertifikat ýa-da gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyndan tassyklanan göçürme paýdaryň hukuklaryny amala aşyrmagy üçin esas bolup hyzmat edýär.

2. Resminamalaşan görnüşdäki paýnamada aşakdaky maglumatlar bolmalydyr:

- paýdarlar jemgyýetiniň ady, onuň ýerleşýän ýeri;

- gymmatly kagyzyň ady - «paýnama», onuň tertip nomeri, çykarylan senesi, paýnamanyň görnüşi (ýönekeý ýa-da ýeňillikli), onuň nominal gymmaty, saklaýjynyň ady;

- paýnamalaryň çykarylan gününde jemgyýetiň yglan edilen esaslyk maýasynyň möçberi, şeýle hem çykarylýan paýnamalaryň sany;

- diwidendleri tölemegiň möhleti;

- jemgyýet tarapyndan ygtyýarly edilen adamyň we jemgyýetiň baş buhgalteriniň goly.

3. Resminamalaşdyrylmadyk gymmatly kagyza bolan hukuklaryň tassyklanylmagy gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyndan göçürmäniň ýa-da nominal saklaýjynyň hasabyndan göçürmäniň berilmegi arkaly jemgyýet ýa-da gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynyň ýöredilmegini amala aşyrýan bellige alyjy tarapyndan amala aşyrylýar.

Şeýle göçürme gymmatly kagyzlaryň umumy sanyna berlip bilner we onda aşakdaky maglumatlar bolmalydyr:

- paýdarlar jemgyýetiniň ady, onuň ýerleşýän ýeri;

- gymmatly kagyzlaryň nomerleri;

- gymmatly kagyzlaryň şekilleri, görnüşleri we derejeleri;

- gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň möçberleri, gymmatly kagyzlaryň umumy sany we emissiýanyň bellige alnan senesi;

- edinilen gymmatly kagyzlaryň sany;

- hususyýetçiniň ady;

- ýeňillikli paýnamalar boýunça girdeji;

- jemgyýet tarapyndan ygtyýarly edilen adamyň möhri we goly;

- gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynyň ýöredilmegini amala aşyrýan bellige alyjynyň ady.

 

23 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň paýnamalaryny tölemegiň şertleri we tertibi

 

1. Paýnamalar diňe olaryň gymmaty doly tölenenden soň eýesine berlip bilner.

Paýnamalar esaslandyrylanda olaryň töleginiň görnüşi jemgyýeti esaslandyrmak hakyndaky şertnama ýa-da jemgyýetiň tertipnamasy arkaly kesgitlenilýär. Paýnamalaryň goşmaça emissiýasynda olaryň ýerleşdirilişiniň we töleginiň şertleri paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan emissiýanyň prospektinde kesgitlenilýär. Paýnamalara ýazylmagyň möhleti 6 aýdan ýokary geçmeli däldir.

2. Jemgyýetiň paýnamalary esaslandyryjylaryň arasynda olaryň nominal gymmaty boýunça ýerleşdirilýär.

Esaslandyryjylaryň arasynda ýerleşdirilýän jemgyýetiň paýnamalary şu Kanunyň 13 maddasynyň 3 bendine laýyklykda doly tölenmelidir.

Öz paýnamalary bellenilen möhletlerde tölemedik paýdar paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary boýunça paýdarlaryň hataryndan çykan diýlip ykrar edilip bilner, bu hakda oňa degişli habar iberilýär. Esaslandyryjy tarapyndan goýum doly tölenmedik mahalynda tölenmedik bölek umumy ýygnagyň karary boýunça tölemek üçin başga esaslandyryja berlip bilner.

3. Paýnamalary satmak şu Kanunda, jemgyýetiň tertipnamasynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenen tertipde amala aşyrylýar.

Jemgyýet tarapyndan ýerleşdirilýän paýnamalar haýsy ululygyň köpdügine baglylykda bazar ýa-da nominal bahadan pes bolan bahadan satylyp bilinmez. Bu düzgün aşakdakylara ulanylmaýar:

1) dellal tarapyndan bazar bahasyndan pes bolup biljek, ýöne dellalyň hak-heşdeginiň möçberinden köp bolmadyk bahadan  satylýan paýnamalara;

2) opsionlara laýyklykda ýerleşdirilýän paýnamalara;

3) konwersiýa edilmäge degişli paýnamalara.

4. Paýnama üçin töleg Türkmenistanyň milli pulunda, tölegiň geçirilen senesinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilyän hümmet boýunça daşary ýurt pulunda, emläk hukuklary bilen, şol sanda algydarlaryň jemgyýete bolan talaplaryny hasap etmek arkaly, ýerden peýdalanmak hukugy bilen, işiň netijelerine bolan hukuk bilen, şeýle hem gaýry emläk bilen amala aşyrylyp bilner.

Intellektual eýeçiligiň netijeleri üçin hukuklar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resminamalaýyn taýdan tassyklanmalydyr.

Paýnamalary gymmatly kagyzlar bilen tölemäge diňe gymmatly kagyzlaryň hümmet bahasy boýunça ýol berilýär, bu baha gymmatly kagyzlaryň guralan bazarynda kesgitlenýär. Şahsy emläk däl hukuklaryň we beýleki maddy däl eşretler görnüşinde paýnamalaryň tölegine ýol berilmeýär.

5. Paýnama üçin töleg geçirilýän pul bolmadyk goýum gündelik bazar gymmatyny hasaba almak bilen pul görnüşinde bahalandyrylýar. Jemgyýeti dolandyrýan edara gozgalmaýan goýuma nyrh kesmek hakyndaky kararynda onuň gymmaty bellenilen esaslary görkezmäge borçludyr, Jemgyýetiň tertipnamasy arkaly paýnamalaryň tölegi hökmünde kabul edilýän emlägiň görnüşleri üçin çäklendirmeler bellenilip bilner.

Haçan-da paýnamalar üçin töleg hökmünde emläkden peýdalanmak hukugynyň berilýän halatlarynda bu tölegiň möçberi peýdalanylanlygy üçin töleg bilen kesgitlenilýär, ol jemgyýetiň şol emlägi peýdalanmagynyň bütin möhleti üçin hasaplanyp çykarylýar.

Umumy ýygnagyň razylygy bolmazdan, jemgyýetiň paýnamalary üçin töleg peýdalanmak hukugy bolup hyzmat edýän emlägiň möhletinden öň alynmagyna ýol berilmeýär. Eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, jemgyýete peýdalanmak üçin berlen emlägiň tötänleýin ýok bolmak ýa-da zaýalanmak töwekgelçiligi emlägiň hususyýetçisiniň üstüne ýüklenilýär.

6. Paýnamalaryň doly tölenmek pursatyna çenli olar ses hukugyny bermeýär, jemgyýet esaslandyrylanda esaslandyryjylaryň edinýän paýnamalary muňa degişli däldir.

Jemgyýetiň ygtyýarynda durýan tölenmedik paýnamalar ses hukugyny bermeýär we olar boýunça diwidendler tölenmeýär. Bu paýnamalar ses sanalanda gatnaşmaýar we paýdarlaryň umumy ýygnagynda ses paýy kesgitlenende nazara alynmaýar.

Şeýle paýnamalar jemgyýetiň ygtyýaryna olaryň gelip düşen pursatyndan başlap, ýarym ýylyň içinde ýerlenilmelidir, şeýdilmedik mahalynda paýdarlaryň umumy ýygnagy görkezilen paýnamalary üzülişmek arkaly jemgyýetiň esaslyk maýasyny azaltmak hakynda karar kabul etmelidir.

 

24 madda. Paýdarlaryň jemgyýetiniň paýnamalaryny satyn almak üçin opsionlar

 

Paýdarlar jemgyýeti öz paýnamalaryny edinmek üçin opsionlar çykarmaga haklydyr, olar paýdarlara we jemgyýetiň işgärlerine jemgyýet tarapyndan çykarylýan paýnamalaryň belli bir mukdaryny almaga ýeňillikli hukuk berýär. Opsiona goşulan paýnamalaryň bahasy şeýle opsionyň çykarylan senesine çenli olaryň bazar ýa-da nominal gymmatyndan pes bolmaly däldir (haýsy ululygyň köpdügine baglylykda).

 

25 madda. Ýerleşdirilen paýnamalary paýdarlar jemgyýetiniň edinmegi

 

1. Paýdarlar jemgyýeti, eger bu onuň tertipnamasynda nazarda tutulan bolsa, öz ýerleşdiren paýnamalaryny edinmäge haklydyr.

Ýerleşdirilen paýnamalary jemgyýet tarapyndan edinmeklik aşakdaky şertlerde geçirilýär:

- paýdarlaryň ýygnagy esaslyk maýasyny kemeltmek hakynda karar kabul edende;

- paýdarlaryň biri ýa-da birnäçesi jemgyýetden çykanda;

- jemgyýet üýtgedilip guralanda;

- ýeňillikli paýnamalar ýönekeý paýnamalara konwersiýa edilende;

- tertipnama arkaly göz öňünde tutulan beýleki esaslar bolanda.

2. Esaslyk maýasynyň möçberini kemeltmek hakynda paýdarlaryň ýygnagynyň karary boýunça jemgyýet paýnamalaryň umumy mukdaryny gysgaltmak maksady bilen jemgyýetiň öz ýerleşdiren paýnamalarynyň bir bölegini edinip biler. Jemgyýet tarapyndan şeýle ýagdaýda edinilen paýnamalar üzülişilýär.

3. Paýdarlar jemgyýetden çykan mahalynda jemgyýet tarapyndan edinilen paýnamalar sesler sanalanda nazara alynmaýar, olar boýunça diwidendler hasaplanyp goşulmaýar. Şeýle paýnamalar olaryň edinilen senesinden başlap ýarym ýyldan gijä galman ýerlenilmelidir, şeýle edilmedik ýagdaýynda paýdarlaryň umumy ýygnagy bu paýnamalary üzülişmek arkaly jemgyýetiň esaslyk maýasyny azaltmak hakynda ýa-da jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipnama, gaznasynyň möçberini saklap galmak bilen edinilen paýnamalary üzülişmegiň hasabyna galan paýnamalaryň nominal gymmatyny artdyrmak hakynda karar kabul etmelidir.

4. Eger dolanyşykda durýan paýnamalaryň nominal gymmaty onuň esaslyk maýasynyň 90 göterimini düzse, jemgyýet tarapyndan ýerleşdirilen paýnamalary edinmek hakynda jemgyýetiň karar kabul etmäge haky ýokdur.

Paýnamalary edinmek hakyndaky karar bilen jemgyýet tarapyndan edinilýän her bir görnüşdäki paýnamalaryň mukdary, edinmegiň bahasy, tölegiň görnüşi we möhleti, şeýle hem paýnamalary edinmegiň möhleti kesgitlenmelidir.

Eger jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, paýnamalar edinilende olaryň tölegi pul görnüşinde geçirilýär. Paýnamalary edinmegiň möhleti 30 günden az bolmaly däldir.

5. Her bir paýdar - paýnamalaryň esýesi olary satmaga haklydyr, eger jemgyýet tarapyndan paýnamalary edinmek hakda karar kabul edilse, onda jemgyýet olary edinmäge borçludyr. Eger jemgyýet tarapyndan paýnamalary edinmek hakynda mälim edilen paýnamalaryň umumy mukdary şu madda arkaly bellenilen çäklendirmeleri hasaba almak bilen jemgyýet tarapyndan edinilip bilinjek paýnamalaryň mukdaryndan ýokary geçse, onda paýnamalar paýdarlardan bildirilen talaplara proporsionallykda edinilýär.

Jemgyýet paýnamalary edinmek hakynda kabul edilen karar bilen kabul edilen kararyň durmuşa geçirilip başlanmagyna çenli 30 günden gijä galman paýdarlary tanyşdyrmaga borçludyr. Ýeňillikli paýnamalary edinmeklik jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan baha boýunça ýa-da ikinji bazarda gymmatly kagyzlaryň kotirowkasynyň netijesi hökmünde, jemi isleg bilen kesgitli wagt aralygyndaky teklibiň arasyndaky deňagramlylygy görkezýän paýnamalaryň bazar gymmaty boýunça amala aşyrylýar.

 

26 madda. Ýerleşdirilen paýnamalary paýdarlar jemgyýetiniň edinmegi üçin çäklendirmeler

 

1. Paýdarlar jemgyýeti öz ýerleşdiren ýönekeý we ýeňillikli paýnamalaryny aşakdaky ýagdaýlarda edinmäge hakly däldir:

- jemgyýetiň ähli yglan eden gaznasy doly tölenýänçä;

- eger olar jemgyýet tarapyndan edinilen pursatynda jemgyýetiň garyp düşmegine (bergä batyp galmagyna) hakyky howp bolsa ýa-da şeýle howp paýnamalary edinmegiň netijesinde, ýüze çyksa;

- eger olaryň edinilen pursatynda jemgyýetiň sap aktiwleriniň gymmaty esaslyk maýasyndan we ätiýaçlyk gaznalaryndan az bolsa.

2. Şu Kanunda töläp almak hakyndaky talaplar göz öňünde tutulan ähli paýnamalaryň tölenip yzyna alynmagyna çenli jemgyýetiň ýerleşdirilen paýnamalary edinmäge haky ýokdur.

 

27 madda. Paýdarlaryň talap etmegi boýunça paýdarlar jemgyýetiniň paýnamalary töläp yzyna almagyň umumy kadalary

 

1. Ýönekeý paýnamalara eýelik edýän paýdarlar aşakdaky halatlarda özlerine degişli paýnamalaryň hemmesini ýa-da bir bölegini paýdarlar jemgyýetiniň töläp yzyna almagyny talap etmäge haklydyrlar:

- jemgyýeti üýtgedip guramak ýa-da uly geleşigi amala aşyrmak hakynda paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan karar kabul edilse, eger olar şeýle kararyň kabul edilmeginiň garşysyna ses berseler ýa-da bu meseleler boýunça ses bermäge gatnaşmasalar;

- jemgyýetiň tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilse ýa-da jemgyýetiň paýdarlarynyň hukuklaryny çäklendirýän rejelenen görnüşdäki tertipnamasy tassyklanylsa, eger olar degişli kararyň kabul edilmeginiň garşysyna ses berseler ýa-da ses bermäge gatnaşmasalar.

2. Jemgyýetiň paýnamalary töläp yzyna almagy bu paýnamalaryň bazar bahasy boýunça amala aşyrylýar.

 

28 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň özune degişli paýnamalaryny töläp yzyna almak hukugynyň paýdarlar tarapyndan amala aşyrmagyň tertibi

 

1. Jemgyýet özüne degişli paýnamalary jemgyýet tarapyndan töläp yzyna almagyň bahasynda we tertibinde töläp yzyna almak hukugynyň olarda bardygy hakynda paýdarlary habarly etmäge borçludyr.

Gün tertibi paýdarlarda jemgyýet tarapyndan paýnamalaryň tölenip yzyna alynmagyny talap etmek hukuklarynyň ýüze çykmagyna getirip biljek paýdarlaryň umumy ýygnagyny geçirmek hakyndaky habarda paýnamalary töläp yzyna almagyň bahasy we tertibi hakyndaky maglumatlar bolmalydyr.

2. Paýdara degişli paýnamalary töläp yzyna almak hakynda onuň ýazmaça talaby paýdaryň ýaşaýan ýeriniň (bolýan ýerini) we onuň tölenip yzyna alynmagyny talap edýän paýnamalarynyň mukdaryny görkezmek bilen jemgyýete iberilýär.

Paýdarlaryň şeýle talaby bermek möhleti umumy ýygnak tarapyndan degişli kararyň kabul edilen gününden başlap 45 günden giç bolmaly däldir.

Talaby bermek möhleti geçenden soň jemgyýet 30 günüň içinde töläp yzyna almak hakynda talap bildiren paýdarlardan paýnamalary töläp yzyna almaga borçludyr.

3. Jemgyýet tarapyndan paýnamalary töläp yzyna almak üçin gönükdirilýän serişdeleriň umumy möçberi töläp yzyna almak hakynda kararyň kabul edilen senesine çenli jemgyýetiň sap aktiwleriniň gymmatynyň 10 göteriminden ýokary geçmeli däldir.

Eger tölenip yzyna alynjak paýnamalaryň umumy mukdary töläp yzyna almak hakyndaky talabyň bildirilen paýnamalaryň mukdaryndan az mukdarda bolsa, paýnamalar bildirilen talaplara proporsionallykda paýdarlardan tölenip alynýar. Jemgyýet üýtgedip guralan mahalynda onuň töläp yzyna alan paýnamalary olar tölenip yzyna alnanda üzülişilýär. Şu Kanunda göz öňünde tutulandakydan başga halatlarda jemgyýet tarapyndan tölenip yzyna alnan paýnamalar jemgyýetiň ygtyýaryna gelip gowuşýar. Görkezilen paýnamalar şu Kanunyň 26 maddasynyň 3 bendine laýyklykda jemgyýete ses hukugyny bermeýär we olar boýunça diwidendler hasaplanyp goşulmaýar, olar tölenip yzyna alnandan soň olar ýarym ýyldan gijä galman ýerlenilmelidir, tersine bolan ýagdaýynda paýdarlaryň umumy ýygnagy bu paýnamalary üzülişmek arkaly jemgyýetiň esaslyk maýasyny azaltmak hakynda karar kabul etmelidir.

 

29 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň paýnamalaryny böleklere bölmegiň we jebisleşdirmegiň umumy kadalary

 

1. Jemgyýet paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary boýunça jemgyýetiň paýnamalaryny böleklere bölmäge ýa-da konsolidirlemäge haklydyr.

Paýnamalary böleklere bölmeklik şol bir wagtda jemgyýetiň paýnamalarynyň nominal gymmatyny proporsional azaltmak bilen çykarylan paýnamalaryň umumy mukdaryny köpeltmek arkaly geçirilýär.

Paýnamalary jebisleşdirmek şol bir wagtda jemgyýetiň paýnamalarynyň nominal gymmatyny proporsional köpeltmek bilen çykarylan paýnamalaryň umumy mukdaryny azaltmak arkaly geçirilýär.

Jemgyýetiň paýnamalarynyň böleklere bölünmegi ýa-da konsolidirlenmegi jemgyýetiň esaslyk maýasynyň möçberiniň üýtgemegine getirmeli däldir.

2. Paýnamalary konsolidirlemek we (ýa-da) böleklere bölmek geçirilende jemgyýetiň tertipnamasyna jemgyýetiň gaýtadan ýerleşdirilen paýnamalarynyň nominal gymmatyna we mukdaryna dahylly degişli üýtgetmeler girizilýär.

3. Paýnamalar konsolidirlenende we (ýa-da) böleklere bölünende jemgyýet tarapyndan şu Kanunda bellenilen çäklendirmeleriň çäklerinde olaryň balans ýa-da hasaba alyş bahasyndan pes bolmadyk bahadan öň çykarylan paýnamalaryň tölenip yzyna alynmagy nazarda tutulyp bilner.

Paýnamalar böleklere bölünende ýa-da konsolidirlenende olaryň böleklere bölünen bölegi emele gelen mahalynda jemgyýet paýdaryň razylygy bilen paýnamanyň böleklere bölünen bölegini şu Kanunda bellenen tertipde töläp yzyna almaga haklydyr.

Paýnamalary böleklere bölmek we konsolidilemek ses bermek, diwidendler almak we jemgyýet ýatyrylan mahalynda emläginiň bir bölegini almak meselelerinde paýdarlaryň hukuklarynyň çäklendirilmegine getirmeli däldir.

 

30-njy madda. Paýdarlar jemgyýetiniň obligasiýalary

 

1. Obligasiýa – öz eýesiniň emitentden obligasiýanyň emissiýanyň şertlerine laýyklykda we bellenilen möhletde onuň nominal bahasyny ýa-da başga emläk ekwiwalentini almaga bolan hukugyny berkidýän emissiýaly maýa goýum gymmatly kagyz.

Jemgyýet, eger onuň tertipnamasynda başgaça bellenilmedik bolsa, paýdarlaryň umumy ýygnagynyň çözgüdi boýunça maýa goýum maksatnamalaryny durmuşa geçirmek we jemgyýetiň işini ösdürmek üçin serişdeleri çekmek maksady bilen atly obligasiýalary goýbermäge haklydyr. Paýdarlaryň umumy ýygnagy obligasiýalary dolanyşyga goýbermegiň tertibini we şertlerini tassyklaýar. Obligasiýa öz eýesine emitentiň-jemgyýetiň dolandyrylmagyna gatnaşmaga hukuk bermeýär.

2. Obligasiýalaryň nominal bahasy Türkmenistanyň milli pulunda kesgitlenilýär.

Dolanyşyga goýberilýän obligasiýalar Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary çygrynda kanunçylygynda bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

Jemgyýet aşakdaky obligasiýalary çykarmaga haklydyr:

- jemgyýetiň emläginiň girewi bilen üpjün edilen;

- üçinji şahslaryň kepillikleri bilen üpjün edilen;

- jemgyýetiň arassa aktiwleriniň gymmatynyň möçberinden ýokary geçmeýän möçberde üpjün edilmezden.

3. Emitentiň ähli goýberişleriniň obligasiýalarynyň görnüşleri, emissiýasynyň şertleri we nominal bahasy Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary çygrynda kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

Obligasiýalaryň ýerleşdirilmegi gös-göni jemgyýetiň özi ýa-da maýa goýum instituty tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

Obligasiýanyň eýesiniň jemgyýet ýatyrylandan soň paýlanylýan peýda we galýan emlägiň bir bölegine bolan hukugynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary çygrynda kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Jemgyýet obligasiýalary möhletinden öň üzlüşmek mümkinçiligini olaryň eýeleriniň islegi boýunça göz öňünde tutmaga haklydyr. Şunda obligasiýalary goýbermek hakyndaky çözgütde üzlüşmegiň bahasy we möhleti kesgitlenmelidir, bu möhlet üzlüşilmäge görkezilip bilinjek möhletden ir bolmaly däldir.

Emitent tarapyndan obligasiýalaryň üzlüşilmegi Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary çygrynda kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

31 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň konwersiýa edilýän gymmatly kagyzlary

 

1. Jemgyýetiň gymmatly kagyzlarynyň konwersiýasy bir derejedäki ýa-da görnüşdäki gymmatly kagyzlaryň beýlekä çalşylmagyny aňladýar.

Jemgyýetiň gymmatly kagyzlarynyň konwersiýasy aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylyp bilner:

- jemgyýet tarapyndan çykarylýan gymmatly kagyzlaryň nominal gymmaty üýtgedilende;

 - gymmatly kagyzlar konsolidirlenende ýa-da böleklere bölünende;

- jemgyýet üýtgedip guralanda;

- jemgyýetiň gymmatly kagyzlarynyň nobatdaky emissiýasynda ýeňillikli paýnamalar ýönekeý paýnamalara çalşylanda;

 - gymmatly kagyzlaryň görnüşi (obligasiýalar paýnamalaraa) üýtgedilende;

- şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan başga halatlarda.

2. Konwersiýa edilýän gymmatly kagyzlary çykarmak jemgyýetiň tertipnamasynda ýa-da paýdarlaryň umumy ýygnagynyň kararynda göz öňünde tutulmalydyr. Tersine bolan mahalynda gymmatly kagyzlaryň konwersiýasy bikanundyr.

Konwersiýanyň şertleri we tertibi konwersiýa edilýän gymmatly kagyzlary ýerleşdirmek hakynda paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary bilen bellenilýär we Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeli däldir.

3. Obligasiýalary paýnamalara çalyşmagyň, tertibi obligasiýalary dolanyşyga çykarmagyň şertleri bilen kesgitlenilýär. Eger obligasiýalary dolanyşyga çykarmagyň şertlerinde başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, konwersiýa bolan hukuk obligasiýalaryň çykarylan senesinden başlap 5 ýyldan köp bolmadyk döwürde durmuşa geçirilýär.

Konwersiýa edilýän gymmatly kagyzlaryň bahasy obligasiýalar çykarylan pursatynda paýnamalaryň bazar ýa-da nominal gymmatyndan (olaryň haýsysynyň ululygynyň köpdügine baglylykda) pes bolmaly däldir.

4. Ýeňillikli paýnamalar ýönekeý paýnamalara konwersiýa edilip bilner. Ýeňillikli paýnamalaryň konwersiýasynyň bahasy olaryň konwersiýasy hakynda kararyň kabul edilen senesinde ýönekeý paýnamalaryň nominal gymmatyndan pes bolmaly däldir. Konwersiýa bolan hukuk we konwersiýanyň şertleri jemgyýetiň tertipnamasy arkaly kesgitlenilýär.

Konwersiýa edilýän gymmatly kagyzlar çykarylan mahalynda obligasiýalary dolanyşyga çykarmagyň şertlerinde ýa-da paýnamalaryň emissiýasynyň prospektinde bir görnüşdäki ýa-da derejedäki gymmatly kagyzlary başgasyna çalyşmagyň deňeçeri hakyndaky maglumatlary özünde saklamalydyr.

 

32-nji madda. Gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawy

 

Jemgyýet atly gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň döwlet tarapyndan bellige alnan gününden 30 iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary çygrynda kanunçylygyna laýyklykda gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynyň ýöredilmegini üpjün etmäge borçludyr.

 

33 madda. Gymmatly kagyzlar bilen geleşikler amala aşyrylanda paýdarlar jemgyýetiniň bikanun hereketleri

 

1. Gymmatly kagyzlar bilen geleşikler amala aşyrylanda nädogry habary peýdalanmak ýa-da talap edilýän habary bermezlik arkaly fiziki ýa-da edara görnüşindäki şahsy beýleki fiziki ýa-da edara görnüşindäki şahsyň garşysyna aldaw hereketlerine çekmek bikanundyr.

 2. Islendik gymmatly kagyzlar satyn alnanda ýa-da satylanda beýleki fiziki ýa-da edara görnüşindäki tarapy ýalňyşlyga eltmek üçin fiziki, ýa-da edara görnüşindäki şahsyň bilgeşleýin ulanýan islendik hereketleri ýa-da tejribesi, eger şunda şeýle aldaw hereketleriniň netijesinde zyýan çeken adam bu hakda bilmese ýa-da bilmegi mümkin bolmasa, bikanundyr.

Şeýle hereketler netijesinde zyýan çeken şahs talap arza bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr. Şunda zyýan çeken adam hereket edýän kanunçylyga laýyklykda zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukuklydyr.

 

V BÖLÜM. PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ EMLÄGI

ÝA-DA AÝRYBAŞGALAMAGY BILEN BAGLANYŞYKLY

GELEŞIKLERI AMALA AŞYRMAGYŇ TERTIBI

 

34 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň emlägi edinmegi ýa-da aýrybaşgalamagy bilen baglanyşykly uly geleşikler

 

1. Adaty hojalyk işini amala aşyrmak işinde jemgyýetiň dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýan geleşikler jemgyýetiň tertipnamasy bilen düzgünleşdirilýär.

2. Jemgyýetiň ep-esli emlägi edinmegi ýa-da aýrybaşgalamagy bilen baglanyşykly jemgyýetiň uly geleşikleri amala aşyrmagynyň esasy şertleri we tertibi şu Kanun, jemgyýetiň Tertipnamasy we Türkmenistanyň kanunçylygynyň gaýry namalary bilen kesgitlenilýär.

3. Aşakdakylar uly geleşik diýlip ykrar edilýär:

- umumy gymmaty jemgyýetiň aktiwleriniň 25 we şondan köp göterimini tutýan, jemgyýetiň emlägini göni ýa-da gytaklaýyn paýdarlar jemgyýetiniň edinmegi ýa-da aýrybaşgalamagy ýa-da aýrybaşgalamak mümkinçiligi bilen baglanyşykly geleşik we (ýa-da) özara baglanyşykly geleşikleriň birnäçesi;

- jemgyýet tarapyndan çykarylan paýnamalaryň (obligasiýalaryň) 25 we şondan köp göterimini tutýan, jemgyýetiň paýnamalaryny (obligasiýalaryny) töläp yzyna almak ýa-da satmak, şol sanda çykarmak ýa-da ýerleşdirmek bilen baglanyşykly geleşik ýa-da özara  baglanyşykly geleşikleriň birnäçesi.

4. Jemgyýetiň tertipnamasy ýa-da paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary bilen şu maddanyň 3 bendinde sanalyp geçilenleriň daşyndan başga geleşikler, şeýle hem uly geleşikler üçin göz öňünde tutulan   tertipde amala aşyrylýan geleşikleriň belli bir derejeleri hem uly geleşiklere degişli edilip bilner.

 

35 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň geleşikleri amala aşyrmagy hakynda karar kabul etmeginiň tertibi

 

1. Diňe jemgyýeti dolandyrýan edara tarapyndan deslapky karar kabul edilenden soň paýdarlar jemgyýeti tarapyndan uly geleşik baglaşylyp bilner. Jemgyýetiň ähli algydarlary jemgyýet tarapyndan islendik uly geleşigiň amala aşyrylýandygy hakynda onuň amala aşyrylmagyna çenli azyndan 10 gün öňünden habarly edilmelidir.

2. Eger jemgyýetiň tertipnamasy arkaly uly geleşigi baglaşmak hakynda paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karar kabul etmeginiň başga tertibi göz öňünde tutulmadyk bolsa, uly geleşigi amala aşyrmak hakynda karar paýdarlaryň ýygnagyna gatnaşýanlaryň sesleriniň dörtden üç böleginiň köplügi bilen paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan kabul edilýär.

3. Jemgyýet tarapyndan närsäni gymmatly kagyzlary töläp yzyna almak we ýerleşdirmek bolup durýan uly geleşigi amala aşyrmak hakyndaky karar tertipnama arkaly kesgitlenen tertipde umumy ýygnak tarapyndan kabul edilýär.

4. Uly geleşigi amala aşyrmak hakyndaky karara ses bermäge gatnaşmadyk ýa-da onuň garşysyna ses beren paýdar şu Kanunda bellenen tertipde özüne degişli paýnamalary jemgyýetiň töläp yzyna almagyny talap etmäge haklydyr.

 

36 madda. Jemgyýetiň edinýän ýa-da aýrybaşgalaýan emläginiň gymmatyny kesgitlemegiň esasy kadalary

 

1. Uly geleşigiň närsesi bolup durýan paýdarlar jemgyýetiniň aýrybaşgalanýan emläginiň gymmaty uly geleşigiň baglaşylýan ýerinde we gününde şu zeýilli emläk üçin bar bolan bazar bahalaryndan pes bolmaly däldir.

2. Uly geleşigiň närsesi bolup durýan, paýdarlar jemgyýeti tarapyndan edinilýän emlägiň gymmaty uly geleşigiň baglaşylýan ýerinde we gününde şu zeýilli emläk üçin bar bolan bazar bahalaryndan ýokary bolmaly däldir.

3. Uly geleşigiň närsesi bolup durýan satyn alynýan ýa-da döwlet haýryna geçirilýän emlägiň bahasyny kesgitlemek işi auditor ýa-da garaşsyz baha kesiji tarapyndan amala aşyrylýar, şundan başga halatlarda emlägiň bazar nyrhy şu Kanuna laýyklykda sud tarapyndan kesgitlenilýär.

 

37 madda. Jemgyýetiň emlägini satyn almak ýa-da aýrybaşgalamak hakynda geleşik baglaşmaga jemgyýet tarapyndan bildirilen talaplaryň berjaý edilmezliginiň netijeleri

 

1. Uly geleşik amala aşyrylanda şu Kanunda we jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan talaplaryň berjaý edilmezligi bu geleşigi hakyky däl ýagdaýa eltýär, ýöne paýdarlar jemgyýeti bilen geleşik baglaşan adam ak ýürekden hereket eden we jemgyýet tarapyndan görkezilen talaplaryň berjaý edilmänligini bilmedik ýa-da bilmegi görnetin bolmadyk wagtyndan başga halatlar muňa girmeýär.

2. Uly geleşik hakyky däl diýlip ykrar edilendigi baradaky talap arza munuň bilen gyzyklanýan  adamlaryň islendigi tarapyndan berlip bilner.

 

38 madda. Paýdarlar jemgyýeti tarapyndan geleşigiň baglaşylmagy, onuň berjaý edilmegi aýry-aýry paýdarlaryň gyzyklanmasynyň bardygy bilen ykrar edilýär

 

1. Paýdarlar jemgyýeti tarapyndan geleşigiň amala aşyrylmagyna gyzyklanýan taraplar diýlip, şu aşakdakylar ykrar edilýär:

- jemgyýeti dolandyryş edaralarynyň agzalary;

- jemgyýeti dolandyryş edaralarynda wezipe eýeleýän adamlar;

- paýnamalaryň 10 göterimine we ses bermäge hukuk berýän şondan hem köp göterimine özüne garaşly (affilirlenen) adam (adamlar) bilen bilelikde eýelik edýän paýdarlar, şeýle hem olaryň ýanýoldaşlary, ata-eneleri, çagalary, doganlary, uýalary we olaryň affilirlenen adamlary.

2. Şu maddanyň 1 böleginde görkezilen adamlaryň geleşigiň berjaý edilmegine gyzyklanmasynyň bardygy şeýle halatda ykrar edilýär, ýagny olar:

- şeýle geleşigiň bir tarapy bolup durýan ýa-da oňa bir tarapyň wekili ýa-da dellal hökmünde gatnaşýan bolsa;

- geleşigiň bir tarapy bolup durýan ýa-da oňa wekil ýa-da dellal hökmünde gatnaşýan edara görnüşindäki tarap ses berilýän paýnamalaryň (ülüşiniň, paýynyň) 10 ýa-da şondan hem köp göterimine eýelik edýän bolsa;

- geleşigiň bir tarapy bolup durýan ýa-da oňa wekil ýa-da dellal hökmünde gatnaşýan edara görnüşindäki tarap dolandyryş edaralarynda wezipe eýeleýän bolsa.

 

39 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň geleşik baglaşmaga gyzyklanmasynyň bardygy hakynda köpçülige habar  bermegiň düzgünleri

 

Şu Kanunyň 39 maddasynyň 1 bendinde görkezilen adamlar paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş edaralaryna jemgyýetiň derňew toparyna (derňewçä) we jemgyýetiň auditoryna şu aşakdaky habarlary ýetirmäge borçludyrlar:

1) ses berýän paýdarlaryň paýnamalaryň 10 göterimine ýa-da has köpräk göterimine (ülüşine, paýyna özbaşdak ýa-da özüniň affilirlenen adamy (adamlary) bilen bilelikde eýelik edýän edara görnüşindäki taraplar hakynda;

2) dolandyryş edaralarynda wezipe eýeleýän edara görnüşindäki taraplar hakynda;

3) amala aşyrylany ýa-da niýetlenileni olara mälim bolan, şunda olaryň gyzyklanýan taraplar diýlip ykrar edilmegi mümkin bolan geleşikler hakynda.

 

40 madda. Berjaý edilmegine gyzyklanma bolan geleşigi baglaşmagyň tertibine bildirilýän talaplar

 

1. Berjaý edilmegine gyzyklanma bolan geleşigi paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşmak hakyndaky karar jemgyýetiň tertipnamasyna laýyklykda onuň dolandyryş edarasy tarapyndan onuň berjaý edilmegine gyzyklanmaýan bu edaranyň agzalarynyň köpüsiniň ses bermegi bilen kabul edilýär.

2. Berjaý edilmegine gyzyklanma bolan geleşigi paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşmak hakyndaky karar paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan geleşige gyzyklanmaýan paýdarlaryň köpüsiniň ses bermegi bilen şu aşakdaky halatlarda kabul edilýär:

a) eger geleşik boýunça töleg möçberi we geleşigiň närsesi bolup durýan emlägiň bahasy jemgyýetiň aktiwinden 5 göterim geçýän bolsa;

b) eger geleşik we (ýa-da) öz aralarynda baglanyşykly bolan birnäçe geleşikler jemgyýetiň ses berilýän paýnamalaryny we jemgyýet tarapyndan öň goýberilen ses berilýän paýnamalaryň 5 göteriminden geçýän mukdarda ses berilýän paýnamalary konwersiýa edilýän beýleki gymmatly kagyzlary ýerleşdirýän bolsa.

3. Berjaý edilmegine isleg bolan geleşigiň baglaşylmagyna paýdarlaryň şu maddanyň 2 bendinde göz öňünde tutulan umumy ýygnagynyň karary talap edilmeýär hem-de şeýle halatlarda, eger:

a) geleşik gyzyklanýan adam tarapyndan paýdarlar jemgyýetine berilýän karz bolup dursa;

b) geleşik jemgyýet bilen gyzyklanýan tarapyň şol pursata çenli şeýle diýip ykrar eden beýleki tarapynyň arasynda adaty hojalyk işleri amala aşyrylýan wagtyň dowamynda şu Kanunyň 39 maddasynyň 1 bendine laýyklykda berjaý edilýär.

4. Jemgyýetiň we berjaý edileninde geljekde gyzyklanmanyň ýüze çykmagy mümkin bolan geleşigiň beýleki tarapynyň arasynda hojalyk gatnaşyklarynyň dowamynda berjaý edilýän geleşigi paýdarlaryň umumy ýygnagynyň geçirilýän senesine bellemek mümkin bolmadyk halatynda, paýdarlaryň umumy ýygnagynyň jemgyýetiň we başga tarapyň arasyndaky şertleşilen gatnaşyklaryň berjaý edilmegi mümkin bolan geleşigiň häsiýetini we olaryň ahyrky möçberini görkezmek bilen bellenilendigi hakyndaky kararyň kabul edilen ýagdaýynda iş maddanyň 2 bendindäki talaplar ýerine ýetirildi diýlip hasap edilýär.

5. Eger dolandyryş edaranyň jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan geleşigi berjaý etmäge ygtyýarly ähli agzalary gyzyklanýan taraplar tarapyndan ykrar edilen bolsa, onda geleşik paýdarlaryň umumy ýygnagynyň geleşige gyzyklanmaýan paýdarlaryň sesleriniň köplügi bilen kabul edilen karary boýunça berjaý edilip bilner.

6. Eger berjaý edilmegi gyzyklanma döredýän geleşik şol bir wagtda jemgyýet tarapyndan emlägi satyn almak ýa-da başga birine bermek bilen baglanyşykly uly geleşik bolup durýan bolsa, ony berjaý etmegiň tertibinde şu Kanunyň 36, 37, 39, 40 maddalarynyň düzgünleri ulanylýar.

 

41 madda. Berjaý edilmegi gyzyklanma döredýän geleşigiň talaplarynyň berjaý edilmezliginiň netijeleri

 

1. Berjaý edilmegi gyzyklanma döredýän, şu Kanunda we Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan, geleşige bildirilýän talaplaryň bozulmagy bilen berjaý edilen geleşik, hakyky däl diýlip ykrar edilýär.

2. Paýdarlar jemgyýeti bilen berjaý etmäge gyzyklanýan, şu Kanun tarapyndan göz öňünde tutulan talaplary bozmak bilen geleşigi berjaý eden adam jemgyýetiň öňünde özüniň jemgyýete ýetiren zyýanynyň möçberinde jogapkärçilik çekýär. Jogapkärçiligi birnäçe adam çekýän halatynda, olaryň jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligi deň bolýar.

3. Berjaý edilmegi gyzyklanma döredýän we şu Kanunyň talaplarynyň bozulmagy bilen amala aşyrylan geleşigiň hakyky däldigi hakyndaky jedeller kazyýet tarapyndan çözülýär.

 

VI BÖLÜM. PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇY EDARALARY

 

42 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş edaralary

 

Jemgyýetiň işine ýolbaşçylygy (dolandyryşy) şu aşakdakylar amala aşyrýarlar, ýagny:

- paýdarlaryň umumy ýygnagy, ol jemgyýetiň işlerine ýokary ýolbaşçy (dolandyryjy) edara bolup durýar;

- jemgyýetiň gözegçilik Geňeşi;

- jemgyýetiň müdiriýeti;

- jemgyýetiň derňew topary.

 

43 madda. Paýdarlaryň umumy ýygnagy

 

1. Paýdarlar jemgyýetiniň ýokary ýolbaşçy (dolandyryjy) edarasy paýdarlaryň umumy ýygnagy bolup durýar. Jemgyýet paýdarlaryň her ýyllyk umumy ýygnagyny we paýdarlaryň nobatdan daşary umumy ýygnaklaryny geçirýär.

2. Paýdarlaryň umumy ýygnagy olaryň gös-göni gatnaşmagy (ýüzbe-ýüz), gaýybana we garyşyk görnüşlerde geçirilip bilner.

 ýüzbe-ýüz görnüş paýdarlaryň umumy ýygnaklarynyň kararlaryny paýdarlaryň we (olaryň) ygtyýarly wekilleriniň hut özleriniň gatnaşmaklary arkaly kabul etmegi göz öňünde tutýar;

gaýybana görnüşi kararlary gün tertibiniň meseleleri boýunça paýdarlaryň arasynda ýazuw arkaly sorama we gaýybana ses berlişigini geçirmek arkaly kabul etmegi göz öňünde tutýar.

garyşyk görnüşi paýdarlara (olaryň doly ygtyýarly wekillerine) gün tertibiniň meseleleri boýunça umumy ýygnaga özüniň gatnaşmagy arkaly ýa-da gaýybana ses bermäge gatnaşmagy arkaly kararlary kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Paýdarlaryň umumy ýygnagynyň görnüşini we geçiriliş kadasyny jemgyýetiň gözegçilik Geňeşi jemgyýetiň tertipnamasyna laýyklykda kesgitleýär.

3. Paýdarlaryň ýyllyk umumy ýygnagy diňe olaryň gös-göni gatnaşmagy (ýüzbe-ýüz) görnüşinde geçirilýär. Jemgyýet paýdarlaryň ýyllyk umumy ýygnagyny tertipnamada göz öňünde tutulan möhletde ýöne jemgyýetiň maliýe ýyly gutaranyndan soň  üç aýdan gijä goýman geçirmäge borçludyr.

Paýdarlaryň ýyllyk umumy ýygnagynda jemgyýetiň gözegçilik Geňeşi, derňew topary (derňewçi) saýlanýar, auditorlyk gurama (auditor) tassyklanylýar, gözegçilik Geňeşi tarapyndan hödürlenilýän ýyllyk hasabata we paýdarlaryň umumy ýygnagynyň ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meselelere seredilýär.

4. Nobatdan daşary ýygnaklar gözegçilik Geňeşi tarapyndan paýdarlar jemgyýetiniň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde onuň hut öz başlangyjy boýunça, jemgyýetiň müdiriýetiniň derňew toparynyň (derňewçiniň), şeýle hem bilelikde sesleriň azyndan 10 göterimine eýelik edýän paýdarlaryň talaby boýunça çagyrylýar.

Paýdarlaryň umumy ýygnagyna umumy ýygnagyň geçirilýän senesine çenli 60 günden gijä galman jemgyýetiň Sanawyne girizilen paýdarlaryň hukugy bardyr.

 

44 madda. Paýdarlaryň umumy ýygnaklarynyň ygtyýarlyklary

 

Paýdarlaryň umumy ýygnaklarynyň ygtyýarlyklaryna gös-göni şular degişlidir, ýagny:

- paýdarlar jemgyýetiniň tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek ýa-da jemgyýetiň tertipnamasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak;

- jemgyýeti üýtgedip guramak;

- jemgyýeti ýatyrmak, şeýle hem ýatyryş toparyny bellemek, aralyk we ahyrky ýatyryş balanslaryny tassyklamak;

- jemgyýetiň gözegçilik Geňeşiniň düzüminiň sanyny we ygtyýarlylygyny kesgitlemek, onuň agzalaryny saýlamak we olaryň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak;

- jemgyýetiň müdiriýetini bellemek, onuň wezipelerini, ygtyýarlylyk möhletini we olary möhletinden öň ýatyrmagyň şertlerini kesgitlemek, eger şu meseleleri çözmek jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan jemgyýetiň gözegçilik Geňeşiniň ygtyýarlygyna degişli edilmedik bolsa;

- jemgyýetiň ýerine ýetiriji edarasynyň ygtyýarlyklaryny täjirçilik guramasyna (guramanyň dolandyryjysyna) ýa-da ýekebara (hususy) telekeçä (dolandyryja) bermek, olar bilen şertnama baglaşmak;

- jemgyýetiň derňew toparynyň agzalaryny saýlamak, olaryň ygtyýarlylyk möhletini, olary möhletinden öň ýatyrmagyň şertlerini we tertibini kesgitlemek;

- jemgyýetiň auditoryny tassyklamak;

- ýyllyk buhgalterçilik balanslary, jemgyýetiň, alyp barýan işiniň maliýe netijeleri hakyndaky hasabatlary  we girdejini paýlamagyň tertibini tassyklamak;

- paýdarlar jemgyýetiniň umumy ýygnagyny alyp barmagyň tertibini tassyklamak;

- habarlaryň görnüşlerini we paýdarlara materiallary, şeýle hem  metbugat edaralaryna paýdarlar üçin habar bermegiň tertibini kesgitlemek;

- paýnamalaryň emissiýasynyň möçberini kesgitlemek;

- jemgyýetiň esaslyk maýasynyň möçberini artdyrmak ýa-da azaltmak;

- paýnamalary böleklere bölmek we konsolidirlemek boýunça kararlary kabul etmek;

- uly geleşigi berjaý etmek hakynda karar kabul etmek;

- gözegçilik Geňeşiniň, ýerine ýetiriji edarasynyň, derňew toparynyň agzalarynyň, auditoryň wezipelerini ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly berilýän sylaglaryň we (ýa-da) çykdajylaryň öweziniň möçberleri hakynda karar kabul etmek;

- jemgyýet tarapyndan ýerleşdirilen paýnamalary edinmek we yzyna satyn almak;

- başga guramalara we birleşiklere gatnaşmak;

- jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňüne tutulan guramaçylyk-serenjam beriji resminamalary tassyklamak;

- paýdarlaryň umumy ýygnagynyň, jemgyýetiň gözegçilik Geňeşiniň hukuklaryna degişli ygtyýarlyklary bermek;

- şu Kanun tarapyndan göz öňünde tutulan beýleki meseleleri çözmek.

Paýdarlaryň gös-göni umumy ýygnagynyň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler jemgyýetiň gözegçilik Geňeşiniň we ýerine ýetiriji edarasynyň alyp barmagyna berlip bilinmez.

 

45 madda. Paýdarlaryň umumy ýygnagyny çagyrmagyň tertibi

 

1. Paýdarlaryň umumy ýygnagyny geçirmäge taýýarlygy jemgyýetiň Geňeşi amala aşyrýar, ol şulary kesgitleýär, ýagny:

- paýdarlaryň umumy ýygnagynyň geçiriljek senesini, ýerini we wagtyny;

- gün tertibini;

- umumy ýygnagy geçirmegiň görnüşini;

- paýdarlaryň umumy ýygnagyna gatnaşmaga hukugy bolan paýdarlaryň sanawyny düzmegiň senesini;

- ýygnagyň geçirilýändigi hakynda paýdarlara habar ýetirmegiň tertibini;

- paýdarlara berilmeli habarlaryň (materiallaryň) sanawy;

- ses bermek üçin niýetlenilen býulleteniň görnüşini we ýazgysyny.

2. Paýdarlaryň umumy ýygnagynyň gün tertibine teklipler Geňeş, ýerine ýetiriji edara, derňew topary (derňewçi), şeýle hem paýnamalaryň (ýönekeý we ýeňillikli) jemi azyndan 10 göterimine eýelik edýän paýdarlar tarapyndan, ýöne umumy ýygnagyň geçiriljek senesine çenli 45 günden gijä galman girizilýär.

Paýdarlaryň umumy ýygnagynyň geçirilýändigi hakynda habar paýdarlara ýazmaça habar ibermek (eger paýdarlar jemgyýetiniň sany 50 adamdan geçmeýän bolsa) ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap etmek arkaly ýygnagyň geçiriljek senesine çenli 30 günden gijä galman ýetirilmelidir.

3. Paýdarlaryň umumy ýygnagynyň geçiriljekdigi hakyndaky habar ýygnagyň geçiriljek senesi, wagty we ýeri hakyndaky maglumatlary; onuň gün tertibine girizilen meseleler hakyndaky we paýdarlaryň umumy ýygnagynyň gün tertibi boýunça materiallar bilen paýdarlaryň tanyşmagynyň tertibi hakyndaky maglumatlary öz içine almalydyr. Jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan paýdarlara habar ýetirmegiň başga görnüşleri-de göz öňünde tutulyp bilner.

 

46 madda. Paýdarlaryň umumy ýygnagynyň geçirilişi

 

1. Paýdarlaryň umumy ýygnagynda ses bermäge goýlan meseleler boýunça ses bermek hukugyna paýdarlar jemgyýetiniň ýönekeý paýnamalarynyň eýeleri bolan paýdarlar we şu Kanunyň 19 maddasynyň 2-nji bendinde görkezilen meseleler boýunça ýeňillikli paýnamalaryň eýeleri bolan paýdarlar eýedirler.

Paýdarlaryň her bir umumy ýygnagynda oňa gatnaşýan we ses bermek hukugyny berýän paýnamalary bolan paýdarlaryň sanawy ýöredilýär.

2. Paýdarlaryň umumy ýygnagynda ses bermek we sesleri hasaba almak şu aşakdaky tertipde geçirilýär: «bir ýönekeý aksiýa – bir ses». Paýdarlaryň umumy ýygnagynyň ses bermek üçin goýlan meseleler baradaky karary, eger karar kabul etmek üçin şu Kanun ýa-da jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan Paýdarlaryň beren sesleriniň has ýokary gatnaşygy bellenilmedik bolsa, ýygnaga gatnaşýan paýdarlaryň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Ses berlişigi açyk ýa-da ýapyk görnüşlerde geçirilip bilner. Ses berlişigiň görnüşi jemgyýetiň tertipnamasy ýa-da paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Umumy ýygnagy alyp barmagyň we onuň kararlary kabul etmeginiň tertibi jemgyýetiň tertipnamasy, jemgyýetiň Geňeşiniň kabul  eden karary arkaly kesgitlenilýär we paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanylýar.

4. Umumy ýygnak, eger oňa ses berilýän paýnamalaryň jemi azyndan üçden iki bölegine eýelik edýän paýdarlar gatnaşýan bolsa, onda doly ygtyýarlydyr. Ýygnaga zerur gatnaşmalylaryň mukdary bolmadyk ýagdaýynda paýdarlaryň täze umumy ýygnagyny geçirmegiň senesi ýygnagyň başlygy tarapyndan yglan edilýär.

Täze umumy ýygnagyň gün tertibi öňküligine galdyrylýar we ol üýtgedilip bilinmez. Paýdarlaryň täze umumy ýygnagy, eger oňa ses berilýän paýnamalaryň jemi ýarpysyndan az bolmadyk bölegine eýelik edýän paýdarlar gatnaşýan bolsa, ygtyýarlydyr. Paýdarlaryň täze umumy ýygnagyny geçirmek hakyndaky habar şu Kanunyň 46 maddasynda göz öňünde tutulan görnüşde, onuň geçiriljek senesine çenli 10 günden gijä galman berilýär.

5. Umumy ýygnak ýygnagyň başlygyny we kätibini, ses bermegi geçirmek we onuň netijelerini jemlemek üçin bolsa, hasaplaýjy toparyny saýlaýar. Jemgyýetiň Geňeşiniň agzalary, derňew toparynyň agzalary (derňewçi), müdiriýetiň agzalary, baş direktor (direktor), dolandyryjy gurama ýa-da dolandyryjy, şeýle hem bu wezipä dalaşgär görkezilýän adamlar hasaplaýyş toparyna girip bilmezler.

 

47 madda. Ses bermegiň we paýdarlaryň umumy ýygnagynyň kararlary kabul etmeginiň kadalary

 

1. Hasaplaýyş topary umumy ýygnagy geçirmek üçin oňa zerur gatnaşmalylaryň sanyny kesgitleýär, paýdarlar (olaryň wekilleri) tarapyndan durmuşa geçirilmeli meseleleri, olaryň ýygnakda ses bermäge bolan hukuklaryny, ýygnagyň gün tertibiniň meseleleri boýunça ses bermegiň tertibini düşündirýär, ses bermegiň şertlerini we tertibini üpjün edýär, sesleri sanaýar we ses bermegiň netijelerini jemleýär, ses bermegiň jemleri hakynda teswirnama düzýär, ses bermek üçin ulanylýan býulletenleri jemgyýetiň arhiwine tabşyrýar.

2. Umumy ýygnakda ses bermek býulletenleriň kömegi arkaly amala aşyrylýar. Ses bermek üçin niýetlenilen býulletenleriň görnuşi we ýazgysy jemgyýetiň Geňeşi tarapyndan tassyklanylýar.

Ses bermek üçin niýetlenilen býulletende şu maglumatlar bolmalydyr:

- paýdarlar jemgyýetiniň doly ady;

- paýdarlaryň umumy ýygnagynyň geçiriljek senesi we wagty;

- ses bermäge goýlan her bir meseläniň kesgitlemesi;

- her bir mesele boýunça ses bermegiň görnüşi («tarapdar», «garşy», «saklanan»);

- paýdaryň goly.

Jemgyýetiň Geňeşiniň ýa-da derňew toparynyň (derňewçini) agzasyny saýlamak hakyndaky mesele boýunça ses berilýän halatynda ses bermek üçin niýetlenilen býulletende dalaşgär (dalaşgärler) hakynda olaryň familiýalaryny, atlaryny, atasynyň atlaryny görkezmek bilen birlikde degişli maglumatlar bolmalydyr.

3. Sesler sanalanda býulletendäki soraga jogaplaryň mümkin bolan görnüşleriniň paýdar tarapyndan galdyrylan diňe biri boýunça sesler hasap edilýär. Ýokarda görkezilen talaplaryň bozulmagy bilen doldurylan ses berilýän býulletenler hakyky däl diýlip ykrar edilýär we ses bermegiň netijeleri jemlenilende olara üns berilmeýär. Eger ses bermek üçin niýetlenilen býulletende sese goýlan birnäçe sorag bar bolsa, ýokarda gorkezilen talaplar bir ýa-da birnäçe meseleler babatda berjaý edilmänligi býulleteni tutuşlygyna hakyky däl diýip ykrar etmäge getirmeýär.

Ses bermegiň jemleri boýunça ses sanaýjy topar ses bermegiň jemleri hakynda ses sanaýjy toparyň agzalary tarapyndan gol çekilýän teswirnamany düzýär. Ses bermegiň jemleri hakynda teswirnama düzülenden we umumy ýygnagyň teswirnamasyna gol çekilenden soň ses bermek üçin niýetlenilen býulletenler ses sanaýjy topar tarapyndan möhürlenilýär we saklamak üçin arhiwe tabşyrylýar.

4. Ses bermegiň jemleri hakyndaky teswirnama umumy ýygnagyň teswirnamasyna çatylýar (goşulýar). Ses bermegiň jemleri yglan edilýär we paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanylýar.

Umumy ýygnagyň teswirnamasy iki nusgalykda düzülýär we şol ýygnaga başlyklyk eden we ýygnagyň kätibi tarapyndan gol çekilýär.

Paýdarlaryň umumy ýygnagynyň teswirnamasynda şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:

- paýdarlaryň umumy ýygnagynyň geçirilen ýeri we wagty;

- jemgyýetiň ses berilýän paýnamalarynyň eýeleri bolan paýdarlaryň sesleriniň umumy sany;

- ýygnaga gatnaşan ses berilýän paýnamalary paýdarlaryň beren sesleriniň sany;

- ýygnagyň gün tertibi.

Jemgyýetiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň teswirnamasynda çykyşlaryň esasy düzgünleri, sese goýlan meseleler, olar boýunça ses bermegiň jemleri, ýygnak tarapyndan kabul edilen kararlar.

Ses bermegiň jemleri, şeýle hem paýdarlaryň umumy ýygnagynyň kabul eden kararlary jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňüne tutulan tertipde we möhletde, bu kararlaryň kabul edilen senesinden başlap 30 günden gijä galdyrylman paýdarlaryň dykgatyna ýetirilýär.

 

48 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň gözegçilik Geňeşi

 

1. Jemgyýetiň gözegçilik Geňeşi (mundan beýläk – Geňeş) paýdarlaryň ýa-da olaryň wekilleriniň sanyndan saýlanylýar. Paýdarlaryň Geňeşdäki wekiliniň işine tölegi paýdaryň özi amala aşyrýar.

2. Jemgyýetiň Geňeşi müdiriýetiň alyp barýan işine gözegçiligi amala aşyrýar, aýratyn jogapkärçilikli hojalyk şertnamalaryny baglaşmaga rugsat berýär, jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

Geňeşiň agzalarynyň jemgyýetiň adyndan hereket etmäge haky ýokdur.

 

49 madda. Jemgyýetiň Geňeşiniň ygtyýarlyklary

 

1. Jemgyýetiň Geňeşiniň hakyky ygtyýarlyklaryna şu aşakdaky meseleler boýunça kararlary kabul etmek degişlidir, ýagny:

- jemgyýetiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek;

- jemgyýetiň paýdarlarynyň ýyllyk we nobatdan daşary umumy ýygnaklaryny çagyrmak;

- paýdarlaryň umumy  ýygnagynyň gün tertibi hakyndaky teklipleri işläp düzmek;

- paýdarlaryň umumy ýygnagyny geçirmegiň senesini, ýerini we wagtyny kesgitlemek;

- paýdarlaryň umumy ýygnagyna gatnaşmaga hukugy bolan paýdarlaryň sanawyny düzmek we şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda Geňeşiň ygtyýarlyklaryna degişli paýdarlaryň umumy ýygnagyny taýýarlamak we geçirmek bilen baglanyşykly beýleki meselelere seretmek;

- eger jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan ýa-da paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary arkaly Geňeşe şeýle hukuk berlen bolsa, jemgyýetiň esaslyk maýasyny paýnamalaryň nominal bahasyny artdyrmak arkaly ýa-da paýnamalaryň goşmaça emissiýalaryny jemgyýet tarapyndan ýerleşdirmek arkaly köpeltmek;

- eger jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, obligasiýalary we beýleki gymmat bahaly kagyzlary jemgyýet tarapyndan ýerleşdirmek;

- şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda emlägiň bazar  bahasyny kesgitlemek;

- şu Kanun tarapyndan göz öňüne tutulan halatlarda jemgyýet tarapyndan ýerleşdirilen paýnamalary, obligasiýalary we beýleki gymmatly kagyzlary satyn almak;

- jemgyýetiň ätiýaçlyk we beýleki gaznalaryny jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan ýa-da paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary arkaly bellenilýän tertipde peýdalanmak;

- Jemgyýetiň tertipnamasy arkaly Geňeşin ygtyýarlyklaryna degişli edilen jemgyýetiň guramaçylyk-serenjam beriji resminamalaryny tassyklamak;

- jemgyýeiň şahamçalaryny döretmek we wekilhanalaryny açmak;

- jemgyýetiň täjirçilik däl guramalara gatnaşmagy hakynda kararlary kabul etmek.

2. Jemgyýetiň Geňeşiniň ygtyýarlyklaryna paýdarlaryň umumy ýygnagyna şu aşakdaky meseleler boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we hödürlemek degişlidir, ýagny:

- jemgyýeti üýtgedip guramak;

- jemgyýetiň paýnamalaryny ýa-da paýnamalara konwersiýa edilýän gymmatly kagyzlary satyn almak üçin paýdarlaryň ýeňillikli hukuklaryny ulanmazlyk;

- habarlaryň görnüşleri we paýdarlara materiallary (habarlary) bermek, şol sanda jemgyýetiň alyp barýan işleri hakyndaky maglumatlaryň çap edilmeli metbugat edarasyny kesgitlemek;

- paýnamalary böleklere bölmek we konsolidirlemek;

- geleşikleri baglaşmak, paýdarlar jemgyýetiniň umumy ýygnagynyň ygtyýarlyklaryna degişli kararlary kabul etmek;

- jemgyýet tarapyndan ýerleşdirilen paýnamalary edinmek we yzyna satyn almak;

- holding kompaniýalaryna, maliýe-senagat toparlaryna, täjirçilik guramalarynyň beýleki birleşiklerine gatnaşmak;

- hasaplaýjy topary döretmek;

- jemgyýetiň derňew toparynyň agzalaryna (derňewçä) olaryň öz wezipelerini ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly tölenilýän pul sylaglarynyň we pul kömeginiň möçberi hem-de  auditoryň hyzmatyna tölegleriň möçberi;

- paýnamalar boýunça alynýan ýyllyk peýdanyň (diwidendiň) möçberi we ony tölemegiň tertibi;

- baş direktoryň, jemgyýetiň müdiriýet agzalarynyň wezipeleriniň beýleki guramalaryň dolandyryş  edaralaryndaky wezipeler bilen utgaşmak mümkinçiligi;

- eger jemgyýetiň tertipnamasynda başgaça göz öňüne tutulmadyk bolsa, onda jemgyýetiň ýerine ýetiriji edarasynyň ygtyýarlyklaryny guramanyň dolandyryjysyna ýa-da dolandyryja bermek hakynda şertnama baglaşmak.

3. Jemgyýetiň Geňeşiniň hakyky ygtyýarlyklaryna degişli edilen meseleleri çözmek hukugy jemgyýetiň ýerine ýetiriji edarasyna geçirilip bilinmez.

Jemgyýetiň Geňeşi paýdarlaryň umumy ýygnagynyň gün tertibine goşmak üçin teklipler girizip, kazyýetde jemgyýetiň bähbitlerine wekilçilik edip biler.

 

50 madda. Jemgyýetiň Geňeşini saýlamak

 

1. Jemgyýetiň Geňeşiniň agzalary paýdarlaryň ýyllyk umumy ýygnagy tarapyndan saýlanylýar. Jemgyýetiň Geňeşiniň agzalarynyň sany we onuň agzalarynyň ygtyýarlylyk möhleti jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan bellenilýär.

Paýdarlar jemgyýetiniň Geňeşiniň agzalary şol düzümde birnäçe gezek saýlanyp biler. Paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary boýunça jemgyýetiň Geňeşiniň islendik agzasynyň (ähli agzalarynyň) ygtyýarlyklary möhletinden öň ýatyrylyp bilner.

2. Jemgyýetiň Geňeşiniň agzalary jemgyýetiň ýerine ýetiriji edarasynyň we derňew toparynyň agzasy bolup bilmezler.

 

51 madda. Jemgyýetiň Geňeşiniň başlygy

 

1. Jemgyýetiň Geňeşiniň başlygy şu Geňeşiň agzalary tarapyndan sesleriň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar.

Jemgyýetiň Geňeşi özüniň başlygyny gaýtadan saýlamaga haklydyr.

Geňeşiň başlygy jemgyýetiň ýerine ýetiriji edarasynyň düzümine girip ýa-da ýolbaşçylyk edip bilmez.

2. Jemgyýetiň Geňeşiniň başlygy Geňeşiň işini guraýar, maslahatlary çagyrýar we olarda başlyklyk edýär, maslahatlaryň teswirnamasyny ýöretmegi üpjün edýär, paýdarlaryň umumy ýygnagynda başlyklyk etmäge onuň haky bardyr.

Başlygyň ýok wagtynda Geňeşiň kabul eden karary boýunça onuň wezipesini jemgyýetiň Geňeşiniň agzalaryndan biri amala aşyrýar.

 

52 madda. Jemgyýetiň Geňeşiniň maslahaty

 

1. Jemgyýetiň Geňeşiniň maslahaty onuň başlygynyň başlangyjy boýunça, jemgyýetiň Geňeşiniň derňew toparynyň (derňewçiniň) agzalarynyň ýa-da auditoryň, jemgyýetiň ýerine ýetiriji edaralarynyň talaby boýunça, şeýle hem, jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan bellenilen başga adamlar tarapyndan çagyrylýar.

2. Jemgyýetiň Geňeşiniň maslahatlaryny çagyrmagyň we geçirmegiň tertibi jemgyýetiň tertipnamasy ýa-da jemgyýetiň guramaçylyk-serenjam beriji resminamalary tarapyndan kesgitlenilýär.

 

53. madda. Paýdarlar jemgyýetiniň ýerine ýetiriji edarasy (edaralary)

 

1. Jemgyýetiň gündelik alyp barýan işine ýolbaşçylygy (dolandyşy) onuň, ýerine ýetiriji kollegial (müdiriýet, ýolbaşçylygy) ýa-da özbaşdak (müdiriýetiň başlygy, baş direktor) edara amala aşyrýar.

Jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan onuň gündelik alyp barýan işine ýolbaşçylyk (dolandyrmak) işi bir wagtyň özünde müdiriýetiň (ýolbaşçylygyň) we baş direktoryň (müdiriýetiň başlygynyň) üstüne ýüklenilip bilner.

2. Eger jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan onuň gündelik alyp barýan işine ýolbaşçylyk etmek bir wagtyň özünde kollegial hem-de özbaşdak ýerine ýetiriji edaranyň üstüne ýüklenilýän bolsa, onda jemgyýetiň tertipnamasynda şol edaralaryň her biriniň ygtyýarlyklary kesgitlenilmelidir. Şunlukda, özbaşdak ýerine ýetiriji edaranyň wezipesini amala aşyrýan adam jemgyýetiň kollegial ýerine ýetiriji edarasynyň başlygynyň  wezipesini hem berjaý edýär we onuň agzasy bolýar.

3. Paýdarlaryň  umumy ýygnagynyň kabul eden karary boýunça ýerine ýetiriji edaranyň ygtyýarlyklary täjirçilik guramasyna, (guramanyň dolandyryjysyna) ýa-da ýekebara (hususy) telekeçä (dolandyryja) şertnama boýunça berlip bilner.

4. Jemgyýetiň ýerine ýetiriji edarasynyň ygtyýarlyklaryna paýdarlaryň umumy ýygnagynyň ýa-da jemgyýetiň Geňeşiniň ygtyýarlyklaryna degişli edilen meselelerden başga, jemgyýetiň gündelik alyp barýan işleriniň ähli meselelerini çözmek degişlidir. Jemgyýetiň Geňeşiniň we jemgyýetiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň ygtyýarlyklarynyň bir bölegini jemgyýetiň ýerine ýetiriji edarasynyň ygtyýaryna bermäge paýdarlaryň umumy ýygnagynyň haky bardyr.

5. Jemgyýetiň özbaşdak ýerine ýetiriji edarasynyň kollegial ýerine ýetiriji edarasynyň agzalarynyň, dolandyrýan guramanyň ýa-da dolandyryjynyň hukuklary we borçlary şu Kanun, jemgyýetiň tertipnamasy we jemgyýetiň olaryň her biri bilen baglaşan şertnamasy tarapyndan kesgitlenilýär.

Jemgyýetiň ýerine ýetiriji edaralaryny döretmek we olaryň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmak işleri, eger bu wezipe jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan jemgyýetiň Geňeşiniň ygtyýarlyklaryna degişli edilmedik bolsa, paýdarlaryň umumy ýygnagynyň kabul eden karary boýunça amala aşyrylýar.

Baş direktor jemgyýetiň bähbitlerini göz öňünde tutýar, jemgyýetiň adyndan geleşikleri berjaý edýär, ştatlary tassyklaýar, buýruklary çykarýar we jemgyýetiň ähli işgärleriniň ýerine ýetirmegi hökmany bolan görkezmeleri berýär.

Baş direktoryň jemgyýetiň müdiriýetiniň agzalarynyň wezipelerini başga guramalaryň dolandyryş edaralaryndaky wezipeler bilen utgaşdyrmaga diňe jemgyýetiň Geňeşiniň ylalaşygy bilen ýol berilýär.

 

54 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýeti

 

1. Paýdarlar jemgyýetiniň ýerine ýetiriji kollegial edarasy-müdiriýet şu Kanuna, jemgyýetiň tertipnamasyna we paýdarlar jemgyýetiniň umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanylan jemgyýetiň içerki resminamalaryna (düzgünlerine, dessuryna ýa-da başga resminamalaryna) laýyklykda hereket edýär.

Müdiriýet jemgyýetiň paýdarlarynyň umumy ýygnagyna, jemgyýetiň Geňeşine hasabat berýär we olaryň kabul eden kararlarynyň, ýerine ýetirilmegini guraýar.

Paýdarlar jemgyýetiniň işgärleri (paýdarlar we paýnamalary bolmadyk adamlar), şeýle hem jemgyýet bilen zähmet gatnaşyklarynda durmaýan adamlar müdiriýetiň, agzalary bolup bilerler.

Müdiriýetiň başlygy (baş direktor) müdiriýetiň, maslahatlaryny çagyrýar we alyp barýar, maslahatyň teswirnamalarynyň, ýöredilmegini üpjün edýär, jemgyýetiň adyndan ähli resminamalara we müdiriýetiň, maslahatlarynyň teswirnamalaryna gol çekýär.

2. Müdiriýet şu aşakdaky meseleler boýunça jemgyýetiň hasabatlaryny Geňeşe bermelidir, ýagny:

1) bellenilýän syýasat we işleri geljekde alyp barmagyň beýleki esasy meseleleri hakynda, ýylda bir gezekden az bolmaly däl;

2) paýdarlar jemgyýetiniň ýyllyk balansynyň düşewüntliligi, hususan-da, hususy maýanyň düşewüntliligi hakyndaky mesele Geňeş tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylanda;

3) işleriň barşy hakynda, hususan-da, dolanyşyk barada we paýdarlar jemgyýetiniň ýagdaýy hakynda, çärýekde bir gezekden  az bolmaly däl;

4) paýdarlar jemgyýetiniň düşewüntli bolmagy üçin möhüm ähmiýeti bolup biljek geleşikler hakynda ylalaşyk baglaşylýança.

Mundan başga-da, jemgyýetiň geňeşiniň başlygyna jemgyýetiň işiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça habar bermek hem müdiriýetiň borçlarynyň, üstüne ýüklenilýär.

3. Jemgyýetiň Geňeşi paýdarlar jemgyýetiniň işleri, arabaglanyşykly kärhanalary bilen onuň hukuk we işjeň gatnaşyklary hakynda, şeýle hem paýdarlar jemgyýetiniň ýagdaýyna düýpli täsir edip bijek şol kärhanalarda işleriň barşy hakynda özüne hasabat bermegi jemgyýetiň Geňeşi müdiriýetden islendik wagtda talap edip biler.

4. Müdiriýetiň agzalaryny olaryň bitiren işleri üçin sylaglamagyň tertibi we möçberleri jemgyýetiň Geňeşi tarapyndan kesgitlenilýär. Jemgyýetiň we müdiriýetiň agzalarynyň arasynda ýola goýulýan zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna garşy gelmeli däldir.

Müdiriýetiň agzalary özleriniň alyp barýan işleriniň netijeleri üçin jemgyýetçiligiň öňünde jogapkärçilik çekýärler. Olar önümçilik we täjirçilik syrlaryny düzýän maglumatlary ýaýratmaly däldirler we muny bozan ýa-da özleriniň üstüne ýüklenilen borçlary ynsapsyzlyk bilen ýerine ýetiren halatynda, şonuň bilen baglanyşyklylykda ýüze çykan ýitgileriň öwezini paýdarlar jemgyýetine dolup bermelidirler.

5. Paýdarlaryň umumy ýygnagy ýa-da jemgyýetiň Geňeşi, eger bu düzgün jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen bolsa, müdiriýetiň agzalygyna ýa-da müdiriýetiň başlyklygyna bellemegi, öz borçlaryny gödek bozan, işleri degişli derejesinde alyp barmaga özleriniň ukypsyzdygyny görkezen, ýa-da paýdarlaryň umumy ýygnagynyň ýa-da jemgyýetiň Geňeşiniň ynamyndan gaçan halatynda, ýatyryp biler.

 

55 madda. Derňew topary (derňewçi)

 

1. Derňew topary (derňewçi) paýdarlar jemgyýetiniň maliýe-hojalyk işlerine gözegçiligi amala aşyrýar.

Derňew toparynyň san düzümi, onuň agzalaryny we derňew toparynyň başlygyny saýlamagyň tertibi paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan jemgyýetiň tertipnamasyna laýyklykda kesgitlenilýär. Derňew toparynyň agzalary (derňewçi) jemgyýetiň Geňeşiniň ýa-da jemgyýetiň müdiriýetiniň agzalary bolup bilmezler.

2. Derňew toparynyň işleriniň we wezipeleriniň tertibi jemgyýetiň paýdarlarynyň umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanylýan guramaçylyk-buýruk beriji resminamalar arkaly kesgitlenilýär.

3. Maliýe-hojalyk işlerine barlaglar paýdarlaryň umumy ýygnagynyň, jemgyýetiň Geňeşiniň tabşyrygy boýunça, paýnamalaryň jemi azyndan 10 göterimine eýelik edýän paýdarlaryň (paýdaryň) hut öz başlangyjy ýa-da talaby boýunça derňew topary (derňewçi) tarapyndan amala aşyrylýar.

Derňew toparynyň (derňewçiniň) talap etmegi boýunça jemgyýetiň wezipeli adamlary jemgyýetiň maliýe-hojalyk işleri baradaky ähli möhüm materiallary we şahsy düşündirişlerini bermäge borçludyrlar.

4. Eger jemgyýetiň bähbitleri bozulýan bolsa, derňew topary (derňewçi) paýdarlaryň nobatdan daşary umumy ýygnagyny çagyrmagy talap etmäge borçludyr.

Derňew toparynyň (derňewçiniň) şu Kanun tarapyndan göz öňünde tutulmadyk meseleler boýunça ygtyýarlyklary jemgyýetiň tertipnamasy arkaly kesgitlenilýär.

 

56 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň auditory

 

Jemgyýetiň paýdarlarynyň umumy ýygnagy jemgyýetiň auditoryny her ýyl tassyklaýar, jemgyýet onuň bilen şertnama baglaşýar. Onuň hyzmatynyň tölegleriniň möçberi jemgyýetiň Geňeşi tarapyndan kesgitlenilýär.

Auditor (fiziki tarap ýa-da auditorlyk gurama) buhgalterçilik hasabynyň ýola goýluşynyň we jemgyýetiň maliýe hasabatlygynyň ýöredilişiniň dogrulygyna, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelýänligine garaşsyz barlagy amala aşyrýar, aktiwleriň, borçnamalaryň, maýanyň we maliýe netijeleriniň hasabat ýylynda jemgyýet tarapyndan hakyky, doly we takyk şöhlelendirilendigi hakynda jemgyýetiň Geňeşine we paýdarlaryň umumy ýygnagyna hasabat berýär.

 

57 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň wezipeli adamlary

 

Müdiriýetiň agzalary we derňew toparynyň agzalary paýdarlar jemgyýetiniň wezipeli adamlary bolup durýarlar. Wezipeli adamlary, şeýle hem wezipeli adamlar tarapyndan bellenilip bilinmejek raýatlary bellemegiň we boşatmagyň tertibi şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary we jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan kesgitlenilýär.

Jemgyýetiň wezipeli adamlary öz wezipelerini jemgyýetiň bähbitleri üçin amala aşyrýarlar. Eger jemgyýetiň wezipeli adamy jemgyýetiň baglaşýan geleşiginde maliýe gyzyklanmasyny gören halatynda, ol şu aşakdakylara borçludyr, ýagny;

- ol hakda jemgyýetiň müdiriýetine we Geňeşine ýazmaça habar bermäge;

- geleşigi berjaý etmäge jemgyýetiň degişlilikde müdiriýetinden we Geňeşinden ýazmaça rutsat almaga.

3. Jemgyýetiň wezipeli adamynda maliýe gyzyklanmasy şeýle ýagdaýlarda bolup geçýär:

a) görkezilen wezipeli adam hususyýetçi, algydar bolup durýan ýa-da jemgyýeti harytlary we hyzmatlary bilen esasy üpjün edijiler bolup durýan ýa-da jemgyýet tarapyndan öndürilýän harytlary esasy satyn alyjy ýa-da edilýän hyzmaty kabul ediji bolup durýan edara görnüşindäki we fiziki taraplar bilen zähmet gatnaşyklarynda durýan wagtynda;

b) wezipeli adam hususyýetçi, algydar bolup durýan ýa-da jemgyýetiň emläginden doly ýa-da bölekleýin dörän ýa-da jemgyýetiň emläginden girdeji almaga hukugy bolan fiziki ýa-da edara görnüşindäki tarap bilen zähmet gatnaşyklarynda durýan wagtynda;

w) jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan şertlenilen başga halatlarda.

Jemgyýetiň wezipeli adamlary jemgyýetiň emlägini we emläk hukugyny jemgyýetiň tertipnamasy, onuň umumy ýygnagy ýa-da jemgyýetiň Geňeşi tarapyndan kesgitlenilen maksatlardan daşary başga maksatlar bilen peýdalanmaly däldirler ýa-da peýdalanmaga ýol bermeli däldirler.

4. Jemgyýetiň wezipeli adamlary özüniň iş möhletiniň dowamynda jemgyýete bäsdeşlik edýän işi döretmekden ýa-da onuň haýsydyr bir görnüşine gatnaşmakdan, şeýle bäsdeşlik etmäge Geňeşiň gyzyklanýan agzalarynyň ýa-da jemgyýetiň esaslyk maýasynyň ýarpysyndan köprägini berýän gyzyklanmaýan paýdarlaryň köplügi tarapyndan ýazmaça görnüşde (paýdarlaryň umumy ýygnagynyň teswirnamasy, Geňeşiň maslahatynyň teswirnamasy we beýleki resminamalar) gös-göni rugsat berlen ýagdaýyndan başga halatlarda saklanmalydyrlar.

5. Jemgyýet mejbury ýagdaýda ýatyrylan halatynda jemgyýetiň wezipeli adamlary kredit berýänleriň öňünde jemgyýetiň borçnamalary boýunça emläk jogapkärçiligini çekýärler:

- eger olar öz borçlaryny degişli derejede ýerine ýetirmedik bolsalar;

- eger olar özleriniň borçnamalaryny berjaý eden wagtlarynda gödek perwaýsyzlyklary bilen günäkär bolsalar;

- eger jemgyýeti mejbury ýagdaýda ýatyrmagyň öňüni almak üçin her taraply doly çäreler görülmedik bolsa.

Eger jemgyýetiň wezipeli adamy jemgyýeti mejbury ýagdaýda ýatyrylmagynyň öňüni almak üçin akylly-başly çäreleri görendigini subut etse, eger onuň gören şol çäreleri ahyrky maksada ýetip bilmedik hem bolsa, onda ol jogapkärçilik çekmeýär.

6. Eger her ýyllyk hasabat, buhgalterçilik balansy we maliýe netijeleri hakyndaky hasabat ýa-da jemgyýetiň alyp baran işi hakynda aralykdaky maliýe hasabatlylygy jemgyýetiň hakyky maliýe ýagdaýyny ýoýýan bolsa, jemgyýetiň sanalyp geçilen şol resminamalaryny düzen we (ýa-da) olaryň dogrudygyna güwä geçen wezipeli adamy şeýle ýagdaýyň netijesinden maddy ýitgileri çeken üçünji tarapyň öňünde subsidiar jogapkärçiligini çekýär.

 

VII BÖLÜM. PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ HASABY WE HASABATLYLYGY

 

58 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň buhgalterçilik hasaby we maliýe hasabatlylygy

 

1. Paýdarlar jemgyýeti «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna”, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, buhgalterçilik hasabatyny ýöretmäge we maliýe hasabatlylygyny bermäge borçludyr.

2. Jemgyýetde buhgalterçilik hasabatynyň guralmagy, ýagdaýy we ygtybarlylygy, degişli edaralara her ýyllyk hasabatyň we beýleki maliýe hasabatlarynyň şeýle hem, jemgyýetiň işi hakynda paýdarlara, karz berýänlere we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine maglumatlaryň öz wagtynda berilmegi üçin jemgyýetiň ýerine ýetiriji edarasy şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we jemgyýetiň tertipnamasyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

3. Jemgyýetiň ýyllyk hasabaty paýdarlaryň ýyllyk umumy ýygnagynyň geçiriljek senesine çenli 30 günden gijä goýulman jemgyýetiň Geňeşi tarapyndan deslapdan tassyklanmaga degişlidir.

 

59 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň resminamalarynyň saklanylyşy

 

1. Paýdarlar jemgyýeti şu aşakdaky resminamalary saklamaga borçludyr, ýagny:

- bellenen tertipde bellige alnan jemgyýeti döretmek hakyndaky karary, jemgyýetiň tertipnamasyny, tertipnama girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary, jemgyýetiň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky şahadatnamany;

- jemgyýetiň balansynda durýan, onuň emläge bolan hukugyny tassyklaýan resminamalaryny;

- jemgyýetiň paýdarlarynyň umumy ýygnagy tarapyndan we jemgyýetiň beýleki dolandyryş edaralary tarapyndan tassyklanylan içerki resminamalaryny;

- jemgyýetiň şahamçasy ýa-da wekilhanasy hakyndaky düzgünnamany;

- ýyllyk maliýe hasabatyny;

- jemgyýetiň paýnamalarynyň emissiýa prospektini;

- buhgalterçilik hasabatynyň resminamalaryny;

- degişli döwlet edaralaryna berilýän Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen maliýe hasabatynyň resminamalaryny;

- jemgyýetiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň, jemgyýetiň Geňeşiniň, derňew toparynyň (derňewçiniň) we jemgyýetiň kollegial ýerine ýetiriji edarasynyň (müdiriýetiniň) maslahatlarynyň teswirnamalaryny;

- jemgyýetiň affilirlenen adamlarynyň, olara degişli paýnamalarynyň sanyny we görnüşini görkezmek bilen sanawyny;

- jemgyýetiň derňew toparynyň (derňewçiniň), auditoryň, maliýe gözegçiliginiň döwlet edaralarynyň netijelerini;

- şu Kanun, tertipnama tarapyndan göz öňünde tutulan beýleki resminamalary, jemgyýetiň içerki guramaçylyk-serenjam beriji resminamalaryny, paýdarlaryň umumy ýygnaklarynyň, jemgyýetiň Geňeşiniň, müdiriýetiniň kararlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan göz öňünde tutulan resminamalary.

2. Jemgyýet ýokarda görkezilen resminamalary onuň ýerine ýetiriji edarasynyň ýerleşýän ýerinde saklaýar.

 

60 madda. Öz işi hakynda habarlaryň paýdarlar jemgyýeti tarapyndan hökmany suratda çap edilmegi

 

1. Paýdarlar jemgyýeti şu jemgyýetiň ähli paýdarlary üçin elýeterli bolan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şu aşakdaky maglumatlary çap etmäge borçludyr, ýagny:

- jemgyýetiň ýyllyk hasabatyny;

- buhgalterçilik balansyny;

- maliýe netijeleri hakyndaky hasabaty;

- şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan göz öňünde tutulan halatynda jemgyýetiň paýnamalarynyň emissiýasynyň prospektini;

- paýdarlaryň umumy ýygnagynyň geçiriljekdigi hakyndaky habary;

- jemgyýetiň affilirlenen adamlaryna degişli paýnamalaryň mukdaryny we görnüşini görkezmek bilen sanawy;

- Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan kesgitlenilýän beýleki maglumatlary.

2. Paýdarlar jemgyýetiniň obligasiýalary köpçülikleýin ýerleşdirilýän halatynda şol hakynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenilen tertipde habaryň çap edilmegi hökmanydyr.

 

VIII BÖLÜM. PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÜÝTGEDIP

GURALMAGY

 

61 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň üýtgedip guralmagy

 

1. Paýdarlar jemgyýetiniň üýtgedip guralmagy (goşulmagy, birleşmegi, bölünmegi, bölünip aýrylmagy we özgerdilmegi) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Edara görnüşindäki tarapyň döwlet bellige alnyşynda gaýtadan peýda bolan we olaryň Bütewi döwlet Sanawyny saklaýjynyň beren şahadatnamasyny alan pursatyndan başlap, jemgyýet üýtgedip guralan diýlip hasap edilýär.

2. Jemgyýeti üýtgedip guramagyň ähli görnüşleri özüniň gymmatly kagyzlaryny köpçülikleýin ýerleşdirmegi amala aşyrmadyk we aşyrmaýan jemgyýetiň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini özgertmekden başga zady resmi metbugatda bu hakynda habar çap edileninden azyndan iki aý möhletden soň geçirilýär. Jemgyýetiň täzeden guraljakdygy hakynda habarly edilen pursatyndan başlap, 3 aýyň dowamynda algydarlar degişli borçnamalaryň möhletinden öň bes edilmegi ýa-da ýerine ýetirilmegi hem-de özlerine ýitgileriň öweziniň dolup berilmegi hakynda jemgyýete talap bildirmäge haklydyr.

3. Eger bölüji balans täzeden guralan jemgyýetiň miras hakly adamyny kesgitlemäge mümkinçilik bermeýän bolsa, onda täzeden peýda bolan edara görnüşindäki taraplar täzeden guralan jemgyýetiň borçnamalary boýunça algydarlarynyň öňünde raýdaşlyk jogapkärçilik çekýärler.

Jemgyýet gaýtadan guralanda onuň paýnamalaryny başga emläge ýa-da gaýtadan guramagyň netijesinde döreýän jemgyýetiň paýnamalaryndan başga emläk hukugyna çalyşmaga ýol berilmeýär.

 

62 madda. Paýdarlar jemgyýetleriniň goşulmagy (birikmegi)

 

1. Paýdarlar jemgyýetlerini goşmak (birikdirmek) olaryň emläklerini birleşdirmek we olaryň balanslaryny soňra jemgyýetiň goşulmagyna çekilen (birikdirilen) paýnamalaryna çalyşmak bilen goşulanda täzeden dörän ýa-da birikdirilende hereketini  dowam  etdirýän paýnamalary bir ýere jemlemek arkaly amala aşyrylýar.

Başga bir jemgyýete goşulmak arkaly jemgyýet täzeden guralanda birikdirilen jemgyýetiň işiniň togtadylandygy hakyndaky ýazgy Bütewi döwlet Sanawyna girizilen pursatyndan başlap, olaryn birinjisi täzeden guralan hasap edilýär.

2. Goşulmak netijesinde döredilýän jemgyýet birleşmegi amala aşyran jemgyýetiň ähli hukuklarynyň we borçlarynyň mirasdüşeri bolýar.

Goşulmak birleşen jemgyýetleriň arasynda goşulmak hakynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar. Goşulmak hakyndaky şertnama birikmek netijesinde döredilýän jemgyýeti döretmek hakyndaky şertnama bolup durýar we ol şu kanunda şertlendirilen jemgyýeti döretmek hakyndaky şertnama bildirilýän ähli talaplary kanagatlandyrmalydyr. Goşulmak hakyndaky bu şertnamadan daşary jemgyýetiň goşulmaga çekilen paýnamalaryny döredilýän jemgyýetiň paýnamalaryna çalyşmagyň tertibi hem bolmaly,

3. Goşulmaga çekilen ahli jemgyýetleriň Geňeşleri tarapyndan goşulmak hakyndaky makullanylan şertnamasynyň taslamasy paýdarlaryň umumy ýygnagyna seretmek üçin girizilýär we ol şolaryň her birinde aýratynlykda şol jemgyýetiň paýdarlarynyň sesleriniň umumy sanyndan azyndan üçden iki böleginiň köplügi bilen kabul edilmelidir. Goşulmaga çekilen jemgyýetleriň paýdarlarynyň umumy ýygnagynda emlägiň geçirilýän balansy tassyklanylýar.

4. Täzeden döredilýän jemgyýetiň tertipnamasyny tassyklamak we Geňeşiniň saýlawlaryny geçirmek işleri goşulmaga gatnaşýan paýdarlar jemgyýetleriniň bilelikdäki umumy ýygnagynda amala aşyrylýar. Paýdarlaryň bilelikdäki umumy ýygnagynda ses bermegiň tertibi goşulmak hakyndaky şertnama arkaly kesgitlenilýär.

5. Goşulmaga çekilen jemgyýetiň goşulmaga ses bermedik we şu jemgyýetiň tertipnamasynda göz öňünde tutulan haýsydyr bir başga görnüşde razylyk bermedik her bir paýdarynyň goşulmak netijesinde döredilen jemgyýetden özüne degişli paýnamalary paýdarlar jemgyýetiniň öz hususy paýnamalaryny satyn alýan ýa-da obligasiýalary möhletinden öň üzulişýän bahasyndan satyn almagy talap etmäge haky bardyr.

Goşulmak hakyndaky şertnama baglaşylan pursatynda olara degişli bolan paýnamalara gymmatly kagyzlaryň guralan bazarynda nyrh kesilen bolsa, onda paýdarlar görkezilen hukuga eýe bolup bilmeýärler.

Görkezilen hukukdan gelip çykýan talaplar goşulmak netijesinde dörän jemgyýetiň bellige alnan gününden soň üç aý möhleti dolýança bildirilip bilner. Şeýle talaplary kanagatlandyrmakdan jemgyýet boýun gaçyran halatynda görkezilen hukuga eýe bolan adam bu boýun gaçyrma hakynda kazyýete arz edip biler.

6. Jemgyýetleriň biriniň ýa-da birnäçesiniň başga goşulmagy jemgyýetleriň goşulmagy üçiň şu madda tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Goşulmak işi goşulanyndan soň işlemegini dowam etdirýän jemgyýetiň esaslyk maýasyny artdyrmak arkaly-da amala aşyrylyp bilner. Şunlukda goşulýan jemgyýetleriň paýdarlaryna degişli paýnamalara çalyşmak üçin paýnamalaryň goşmaça mukdaryny çykarmak bolar. Goşmaça goýberilen paýnamalary goşulýan jemgyýetleriň paýdarlaryna degişli bolup durýan paýnamalara göz öňünde tutulýan çalyşmagyň şertleri ähli jemgyýetleriň paýdarlarynyň umumy ýygnagy tarapyndan üýtgedip guramak hakyndaky karar bilen bir wagtda kesgitlenilýär. Görkezilen kararlar her bir jemgyýetiň paýdarlarynyň sesleriniň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň sesi bilen kabul edilýär.

Şeýle kadanyň kabul edilmegine diňe gatnaşýan ähli jemgyýetleriň paýnamalaryna gymmatly kagyzlaryň guralan bazarynda nyrh kesilen halatynda ýol berilýär.

7. Goşulmaga çekilen jemgyýetleriň işlerini togtatmak işi goşulmak hakyndaky şertnamanyň (täze jemgyýetiň döredilendigi hakyndaky dörediji şertnamanyň) esasynda geçirilýär.

Birikdirilenden soň hereketini dowam etdirýän jemgyýetiň üýtgedip guralandygy we goşulýan jemgyýetleriň alyp barýan işleriniň bes edilendigi hakyndaky habar birikdirilendigi hakyndaky şertnamany ýa-da emissiýanyň bellige alnan prospektini (paýnamalaryň goşmaça emissiýalary halatynda) şertnama gol çekilen ýa-da emissiýanyň prospekti bellige alnandan soň ýedi günüň dowamynda Bütewi döwlet sanawy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alynmaga degişlidir.

 

63 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň bölünmegi

 

1. Paýdarlar jemgyýetiniň biriniň esasynda iki ýa-da şondan hem köp özbaşdak jemgyýetleriň balanslaryny we emläklerini bölmek bilen döretmek arkaly paýdarlar jemgyýetiniň bölünmegi amala aşyrylýar. Üýtgedilip guralýan jemgyýetiň alyp barýan işi şunuň bilen bes edilýär.

Üýtgedip guramak görnüşinde bölünen jemgyýetiň Geňeşi jemgyýetiň üýtgedilip guralandygy, bu üýtgedip guramagyň tertibi we şertleri hakyndaky, jemgyýetleri döretmek we üýtgedip guralan jemgyýetiň paýnamalaryny döredilen jemgyýetiň paýnamalaryna we gymmatly kagyzlaryna konwersiýa etmegiň tertibi hakyndaky meseleleri paýdarlaryň umumy ýygnagyna seretmäge berýär.

Üýtgedip guramak görnüşinde bölünen jemgyýetiň paýdarlarynyň umumy ýygnagy täze jemgyýetleriň üýtgedilip guralandygy, döredilendigi we üýtgedilip guralýan jemgyýetiň paýnamalaryny döredilýän jemgyýetiň paýnamalaryna konwersiýa etmegiň tertibi hakynda kararlary kabul edýär.

2. Üýtgedilip guralýan jemgyýetiň paýdarlaryna paýnamalary täzeden döredilýän jemgyýetiň paýnamalaryna çalyşmak netijesinde özlerine degişli berilýän hukuklar üýtgedilip guralýan jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan oňa berilýän hukuklar bilen deňeşdirilende kemeldilip ýa-da çäklendirilip bilinmez.

3. Täzeden döredilýän her bir jemgyýetiň paýdarlarynyň umumy ýygnagy onuň tertipnamasyny tassyklamak we jemgyýetiň Geňeşini saýlamak hakynda karary kabul edýär.

Jemgyýet bölünende onuň ähli hukuklary we borçlary bölüniş balansyna laýyklykda täzeden döredilýän iki ýa-da şondan hem köp jemgyýete geçýär. Üýtgedip guralýan jemgyýetiň alyp barýan işiniň togtadylandygy we täze jemgyýetiň döredilendigi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda Bütewi döwlet sanawynda bellige alynmaga degişlidir.

 

64 madda. Paýdarlar jemgyýetinden bölünip aýrylmak

 

1. Jemgyýetiň bölünip aýrylmak arkaly üýtgedilip guralmagy bir ýa-da birnäçe täze jemgyýetleri döretmek arkaly üýtgedip guralýan jemgyýetiň alyp barýan işini togtatmazdan, onuň hukuklarynyň we borçlarynyň bir bölegini olara bermek bilen amala aşyrylýar.

 2. Bölünip aýrylmak görnüşinde üýtgedilip guralýan jemgyýetiň Geňeşi jemgyýetiň üýtgedilip guralýandygy, bölünip aýrylmagyň tertibi we şertleri, täze jemgyýetiň (jemgyýetleriň) döredilendigi, üýtgedilip guralýan jemgyýetiň paýnamalarynyň bölünip aýrylýan jemgyýetiň paýnamalaryna konwersiýa edilmek mümkinçiligi we şeýle konwersiýanyň tertibi hakyndaky, bölüniş balansyny tassyklamak baradaky meseleleri seretmek üçin paýdarlaryň umumy ýygnagyna girizýär.

3. Jemgyýetleriň düzüminden biri ýa-da birnäçesi bölünip aýrylanda, olaryň her birine bölünip aýrylan görnüşinde üýtgedilip guralan jemgyýetiň hukuklarynyň we borçlarynyň bir bölegi bölüniş balansyna laýyklykda geçýär.

 

65 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň özgerdilmegi

 

1. Paýdarlar jemgyýeti özüniň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň karary boýunça jemgyýetiň ähli borçlary ýerine ýetirileninden soň başga guramaçylyk-hukuk görnüşine özgerip biler. Şeýlelikde, paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işi togtaýar.

2. Jemgyýet guramaçylyk-hukuk görnüşine özgereninde jemgyýetiň onuň paýdarlarynyň esaslyk maýasynyň her birine degişli bolan ülüşiniň möçberi üýtgedilip bilinmez.

3. Täze kärhanany döretmäge gatnaşyjylar özleriniň bilelikdäki maslahatynda onuň esaslandyryjy resminamalaryny tassyklamak we Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda onuň dolandyryjy edaralarynyň saýlanandygy (bellenilendigi) hakynda karar kabul edýärler.

Jemgyýet özgerdilende üýtgedilip guralan jemgyýetiň ähli hukuklary we borçlary geçiriş namasyna laýyklykda täze döredilen kärhana geçýär. Jemgyýetiň işiniň togtadylandygy we täze kärhananyň döredilendigi Bütewi döwlet sanawy bellige alynmaga degişlidir.

 

66 madda. Paýdarlar jemgyýetiniň siňmegi

 

1. Paýdarlar jemgyýetiniň siňmegi onuň paýnamalarynyň 50 göteriminden köprägini başga paýdarlar jemgyýetiniň-satyn alyjynyň yzyna satyn almagy arkaly amala aşyrylýar.

Siňdirilen jemgyýet özbaşdak statusyny, eger onuň esaslyk maýasynyň möçberi şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelýän bolsa, saklap biler.

 Siňýän jemgyýete degişli bolan paýnamalaryň 100 göterimi satyn alnan halatynda, ol özbaşdaklygy ýitirýär we onuň balansy satyn alan jemgyýetiň balansy bilen jebisleşýär.

2. Jemgyýetiň Geňeşi her bir jemgyýetiň (paýnamalary satyn alýan we paýnamalary satýan) paýdarlarynyň umumy ýygnagyna siňmek görnüşinde üýtgedip guramak, paýnamalary satyn almak-satmak şertnamasyny tassyklamak, geçiriş namasyny tassyklamak, satýan jemgyýetiň paýnamalaryny satyn alýan jemgyýetiň paýnamalaryna konwersiýa etmegiň tertibi hakyndaky meseleleri garamaga girizýär. Iki jemgyýetiň her biriniň paýdarlarynyň umumy ýygnagy paýnamalary satyn almagyň-satmagyň mukdary we şertleri, jemgyýetiň tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kararlary kabul edýär.

Paýnamalarynyň 100 göterimini satyn almak-satmak hakyndaky karar kabul edilen halatynda satýan jemgyýet (siňýän jemgyýet) öz işini bes edýär.

3. Paýnamalaryny satýan jemgyýet siňýän görnüşinde üýtgedilip guralýandygy hakynda karar kabul eden senesinden 30 günden gijä galman öz algydarlaryna bu hakda ýazuw üsti bilen habar berýär. Borçlaryny togtatmagy ýa-da möhletinden öň ýerine ýetirmegi we ýitgileriň öwezini dolmagyny jemgyýetiň üýtgedilip guralýandygy hakyndaky habary alan senesinden başlap, 30 günden gijä goýman özüne ýazuw üsti bilen habar bermegini jemgyýetden talap etmäge algydaryň haky bardyr.

Öz paýnamalarynyň 100 göterimini ýerleşdiren jemgyýet, Bütewi döwlet sanawy degişli ýazgyny edýän pursatyndan başlap, siňen we öz işini bes eden diýlip ykrar edilýär.

 

IX BÖLÜM. PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝATYRYLMAGY

 

67 madda. Paýdarlar jemgyýetleriniň ýatyrylmagy

 

1. Paýdarlar jemgyýeti şu aşakdaky ýagdaýlarda ýatyrylyp bilner, ýagny:

- tertipnamada jemgyýetiň işiniň bellenen möhletiniň dolmagy sebäpli;

- paýdarlaryň umumy ýygnagynyň karary esasynda;

- Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda kazyýet edaralarynyň karary esasynda.

2. Paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan jemgyýet meýletin ýatyrylan halatynda ýatyryş topary döredilýär, şoňa jemgyýeti dolandyrmak baradaky ygtyýarlyklar geçýär.

Jemgyýet kazyýet edaralarynyň karary esasynda ýatyrylan halatlarynda we şol sanda jemgyýet batyp galan hökmünde ykrar edilen halatynda ýatyryş topary (ýatyryjylar) kazyýet tarapyndan bellenilip bilner.

Ýatyrylýan jemgyýetiň paýdarlarynyň biri döwlet bolan halatynda ýatyryş toparynyň düzümine onuň wekili goşulýar.

3. Jemgyýetiň ýatyryljakdyny we algydarlar tarapyndan nägilelik arzalaryny bermegiň möhletleri hakynda ýatyryş topary (kazyýet edaralary ýa-da şolaryň bellän şahslary) resmi metbugatda habar berýär. Jemgyýete mälim bolan algydarlaryň her birine habar berilmelidir.

Eger jemgyýetiň ýatyrylmagy hakyndaky karar ony döredijiler tarapyndan şonuň paýnamalary goýberilýän pursatyna çenli kabul edilse, onda jemgyýetiň ýatyrylmagy köpçülikleýin habar bermezden amala aşyrylyp bilner. Şeýle halatda ony döredijllere şolaryň hakyky goýýan goýumlary gaýtarylyp berilýär, şunda şol goýumyň ujundan döredijileriň umumy ýygnagy tarapyndan bellenilýän tertipde jemgyýeti döretmek mynasybetli edilen çykdajylar öwezini dolmak maksady bilen tutulyp alnyp galynýar.

4. Jemgyýetiň ýatyrylandygy hakyndaky habar paýdarlaryň umumy ýygnagy tarapyndan (meýletin ýatyrylan halatynda) ýa-da kazyýet tarapyndan ýatyryş toparynyň hasabaty we ýatyryş balansy tassyklanan pursatyndan başlap, bir hepdäniň dowamynda bellige alyş edarasyna iberilýär.

Jemgyýet Bütewi döwlet Sanawyna degişli ýazgy girizen pursatyndan başlap ýatyrylan hasaplanylýar.

 

68 madda. Paýdarlar jemgyýetini ýatyrmagyň tertibi

 

1. Ýatyryş topary jemgyýetiň adyndan hereket edýär hem-de jemgyýetiň Geňeşi we ýerine ýetiriji edarsy üçin onuň tertipnamasynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

Ýatyryş topary paýdarlar jemgyýetiniň aktiwlerine nyrh belleýär, olaryň borçnamalaryny ýüze çykarýar we şular bilen hasaplaşyk geçirýär, ýatyryş balansyny düzýär hem-de ony tassyklamak üçin paýdarlaryň umumy ýygnagyna berýär.

Ýatyryş topary jemgyýetiň gündelik işlerini tamamlamak we algydarlar bilen hasaplaşygy amala aşyrmak üçin zerur halatynda diňe mümkin boldugyça täze geleşikleri amal etmäge haklydyr.

Eger algydarlaryň talaplaryny üpjün etmek üçin ýatyrylýan jemgyýetiň bar bolan pul serişdeleri ýeterlikli bolmasa, onda ýatyryş topary kazyýet edaralarynyň kararlaryny ýerine ýetirmek üçin bellenilen tertipde onuň beýleki emlägini jemagat öňündäki söwdalar arkaly satmagy amala aşyrýar.

2. Ýatyryş topary paýdarlar jemgyýetini ýatyrmak hakyndaky habary onuň algydarlar tarapyndan talaplary bildirmegiň tertibine we möhletine laýyklykda metbugat edaralarynda  çap  edýär. Algydarlar tarapyndan talap bildirmegiň möhleti ýatyryş hakyndaky habar çap edilenden soň iki aýdan az bolmaly däldir.

Ýatyrylýan jemgyýetiň algydarlaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen nobatlylyk tertibinde jemi pulunyň tölenilmegini ýatyryş toparlary amala aşyrýarlar.

3. Iş hakyny tölemek we sosial taýdan ätiýaçlandyryş boýunça hasaplaşyklardan, býujetiň we beýleki algydarlaryň öňündäki borçnamalar ýerine ýetirilenden soň jemgyýetde galan serişdeler şu Kanun we jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan bellenen tertipde ýatyryş nyrhy boýunça paýdarlaryň arasynda paýlanylýar. Ýatyryş nyrhy diýlip, ýatyrylýan kärhananyň satylýan emlägine bir paýnama tölenýän hakyky bahalardaky berilýän nyrh hasaplanýar.

Eger paýdarlara degişli gymmatly kagyzlaryň iň nominal gymmatyndan ähli paýdarlara öwezini tölemek üçin görkezilen serişdeler ýeterlikli bolsa, onda olar degişli paýnamalaryň nominal gymmatyna proporsionallykda paýdarlaryň arasynda paýlanylýar.

Munuň tersine bolan halatda agdyklaýyn hukuk şulara berilýär, ýagny:

- obligasiýalaryň eýelerine;

- ýeňillikli paýnamalaryň eýelerine;

- ýönekeý obligasiýalaryň eýelerine.

Her bir nobatyň emläginiň paýlanmagy ozalky nobat bilen doly hasaplaşylandan soň amala aşyrylýar. Ýeňillikli paýnamalaryň eýelerine tölemek üçin ýazylan, tölenmedik diwidendleri we jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan bellenen ýatyryş gymmatyny tölemäge jemgyýetde bar bolan emläk ýeterlik bolmasa, onda emläk olara degişli paýnamalaryň mukdaryna proporsionallykda olaryň arasynda paýlanylýar.

4. Bütewi döwlet sanawyndan çykarylan pursatyndan başlap, jemgyýetiň ýatyrylmagy tamamlanan diýlip hasaplanylýar, jemgyýet bolsa öz işini bes eden hasaplanylýar.

Ýatyryş topary özi tarapyndan jemgyýete, oňa gatnaşyjylara, şeýle hem üçünji taraplara ýetiren zyýany üçin Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda emläk jogapkärligini çekýär.

 

X. BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

69 madda. Geçiş düzgünleri

 

1. Şu Kanun herekete girizilýänçä döredilen paýdarlar jemgyýeti şu Kanun güýjüne giren gününden bir ýylyň dowamynda öz tertipnamalaryna degişli üýtgetmeleri girizmäge borçludyr.

2. Şu Kanuna laýyklykda jemgyýetiň esaslandyryş resminamasyna girizilen ähli üýtgetmeler we goşmaçalar, jemgyýet tarapyndan täze tertipnamanyň kabul edilmegi Bütewi döwlet Sanawyna girizilmäge degişlidir.

 

Türkmenistanyň                                                    Saparmyrat

Prezidenti                                                               Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

1999-njy ýylyň 23-nji noýabry

№ 400 - 1

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 23.12.1999
Resminamanyň belgisi № 400-1