Gidrometeorologiýa işi hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Gidrometeorologiýa işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1999 ý.¸ № 3¸ 46-njy madda)  

 

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV, 26.11.2010 ý. № 149-IV, 03.06.2017 ý. № 578-V we 02.03.2019 ý. № 131-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun gidrometeorologiýa işi babatda hukuk esaslaryny belleýär hem-de ilaty, döwlet häkimiýet edaralaryny, ýuridiki we fiziki taraplary gidrometeorologiýa maglumaty bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

I BAP

UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Gidrometeorologiýa işi

 

Gidrometeorologiýa işi daşky gurşawyň ýagdaýy hakynda maglumat almak üçin gözegçilikleri geçirmegiň, toplamagyň, howa çaklamalaryny düzmegiň, işläp taýýarlamagyň, seljermegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň toplumlaýyn ulgamydyr, şeýle hem onuň bilen baglanyşykly maglumat häsiýetindäki gaýry işler we hyzmatlardyr.

 

2–nji madda. Gidrometeorologiýa işi hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Gidrometeorologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu Kanundan we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy namalaryndan durýar.

 

3-nji madda. Gidrometeorologiýa işiniň subýektleri

 

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara) we onuň ýerli edaralary, guramalary hem-de gulluklary, fiziki we ýuridik şahslar gidrometeorologiýa işiniň subýektleridir.

 

4-nji madda. Gidrometeorologiýa işiniň obýektleri

 

Gidrometeorologiýa işiniň obýektlerine şular degişlidir: klimat¸ meteorologik we gidrologik şertler, tebigy we antropogen faktorlaryň täsiri netijesinde daşky gurşawyň üýtgemeleri, aýry-aýry sebitler we ekoulgamlar.

 

2 BAP.GIDROMETEOROLIGIÝA IŞINI DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK

 

5-nji madda. Gidrometeorologiýa işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar

 

Gidrometeorologiýa işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarlandyrylan edara we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýaryna aşakdakylar degişlidir:

gidrometeorologiýa işi babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitlemek we geçirmek;

gidrometeorologiýa işi babatda dolandyrmak;

gidrometeorologiýa işini amala aşyrmagyň şertlerini we tertibini kesgitleýän kadalaşdyryjy namalary kabul etmek;  

gidrometeorologiýa işini amala aşyrmagyň meseleleri boýunça döwlet kada görkezijilerini we usuly maslahatlary tassyklamak;

gidrometeorologiýa işi babatda beýleki meseleleri düzgünleşdirmek.

 

7-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygyna şu aşakdakylar degişlidir:

gidrometeorologiýa işi babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmak;

gidrometeorologiýa işi babatda döwlet maksatnamalarynyň we çäreleriniň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşmak;

atmosferanyň, deňiz gurşawynyň, ýerüsti suwlarynyň, (suw obýektleriniň), oba hojalyk ekinleriniň we öri meýdanlarynyň ýagdaýyna, ýer üstüniň radiasiýa ýagdaýyna monitoringi guramak;

özüniň edara tabynlygyndaky düzüm birliklerine guramaçylyk-tehniki we usuly ýolbaşçylygy amala aşyrmak;

gözegçilik ulgamynyň, gidrometeorologik we geliogeofiziki habary toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak, seljerme etmek we ýaýratmak ulgamynyň ösdürilmegini we hereket etmegini üpjün etmek;

gidrometeorologiýa işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, döwlet kada görkezijileriniň, usuly we beýleki umumy hökmany talaplarynyň taslamalaryny taýýarlamak;

gidrometeorologiýa babatynda işleriň ähli görnüşleri boýunça talaplaryň berjaý edilişine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçiligi üpjün etmek;

maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gidrometeorologiýa gaznasyny, şeýle hem habaryň merkezleşdirilen hasaba alnyşyny ýöretmek we ony sarp edijilere bermek;

ýöriteleşdirilen gidrometeorologik hyzmatlar we habar üçin nyrhlary işläp taýýarlamak;

daşky tebigy gurşawyň ýagdaýyna baha bermek we çaklamak boýunça ylmy barlaglary guramak we geçirmek;

howanyň, suwlulygyň, oba hojalyk ekinleriniň we öri meýdan ösümlikleriniň hasylynyň, gidrometeorologik we geliogeofiziki hadysalarynyň, klimatyň global we sebit üýtgemeleriniň gysga möhletli we uzak möhletli çaklamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny we düzülmegini amala aşyrmak;

döwlet häkimiýet edaralaryny, ýaragly güýçleri, ykdysadyýetiň pudaklaryny, ilaty we beýleki peýdalanyjylary howply gidrometeorologik hadysalar hakyndaky gyssagly habary goşmak bilen düzgün-maglumat beriş materiallary, hakyky we çaklama gidrometeorologik habar bilen üpjün etmek;

klimat, agroklimat we suw serişdeleri hakynda ylmy-tehniki edebiýaty neşir etmek;

hakyky we garaşylýan howa şertleri, howply gidrometeorologik hadysalary hakynda ilata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen habar bermek;

şertnamalaýyn esasda ýöriteleşdirilen gidrometeorologik hyzmaty amala aşyrmak;

ýuridik we fiziki şahslara gidrometeorologiýa enjamlaryny Türkmenistana getirmek we ulanmak üçin rugsatnama bermek (öz ýerli edaralaryndan, guramalaryndan hem-de gulluklaryndan başgalara);

hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak we amala aşyrmak;

daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen gidrometeorologik habarlaryň we maglumatlaryň alyş-çalşygyna gatnaşmak;

ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny gidrometeorologik we geliogeofiziki habarlar bilen üpjün etmegiň meýilnamalaryny we çyzgylaryny (shemalaryny) işläp taýýarlamak;

gurulýan desgalary taslamalaşdyrmak üçin gidrometeorologik häsiýetnamalaryň möçberlerini we hasaplamagyň kadalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmak;

öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki meseleleri düzgünleşdirmek.

Gidrometeorologiýa hadysalaryna işjeň täsir etmek boýunça işleri ýerine ýetirmek diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň esasynda amala aşyrylyp bilner.

 

8-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy  

 

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ygtyýaryna aşakdakylar degişlidir:

gidrometeorologiýa işini geçirmek üçin ýer böleginde we akwatoriýalaryň böleginde işlemäge rugsatlar bermek;

olara edara tabynlygyndaky çäkde ýerleşen gidrometeorologik gözegçilikleriň ulgamyny ösdürmäge we onuň netijeli işlemegini üpjün etmäge gatnaşmak;

Ygtyýarlandyrylan edara we onuň düzüm birliklerine howply gidrometeorologik hadysalaryň derňewlerinde ýardam etmek.

 

3 BAP. GIDROMETEOROLOGIÝA IŞINI GURMAK

 

9-njy madda. Gidrometeorologiýa işiniň ýörelgeleri

 

Gidrometeorologiýa işi aşakdaky ýörelgeleri berjaý etmegiň esasynda amala aşyrylmalydyr:

gidrometeorologik gözegçilikleriň globallygy, toplumlaýynlygy, ulgamlylygy we üznüksizligi;

Türkmenistanyň çäklerinde gözegçilikleri geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalarynyň gidrometeorologik maglumaty toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme etmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň bütewiligi;

döwlet gidrometeorologik ulgamynyň işini halkara gidrometeorologiýa ulgamynyň, işi bilen utgaşdyrmak we goşulyşdyrmak;

daşky gurşawyň hakyky we garaşylýan ýagdaýy hakyndaky habary peýdalanmagyň elýeterliligi, ygtybarlylygy, zerur ýeterlikliligi we netijeliligi.

 

10-njy madda. Gidrometeorologik maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasy

 

Ilaty we ykdysadyýetiň pudaklaryny gidrometeorologik habar bilen doly möçberde kanagatlandyrmak maksady bilen gidrometeorologik maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasy döredilýär.  

Türkmenistanyň çäklerinde gidrometeorologiýa işini amala aşyrýan ýuridiki we fiziki şahslar gidrometeorologik maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasy üçin alnan gidrometeorologik habary ygtyýarlandyrylan edara bermäge borçludyrlar.  

Gidrometeorologik maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasynyň maglumatlaryny bermegiň, işläp taýýarlamagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň tertibi bu gazna hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

Gidrometeorologik maglumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasynyň Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine bellenilen tertipde degişli edilen resminamalary Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda saklanylýar.

 

11-nji madda. Gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň döwlet ulgamy

 

Gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň döwlet ulgamy aşakdaky beketlerden, gözegçilik nokatlaryndan we gözegçilikleriň tehniki usullaryndan durýar:

ýerüsti meteorologik;

meteorologik awiasiýa, hemra we radiolokasion;

agrometeorologik;

gidrologik (tebigy we emeli suw howdanlarynda);

aerologik;

оzonometrik;

aktinometrik;

ýöriteleşdirilen gidrometeorologik;

geliogeofiziki;

daşky gurşawyň ýagdaýynyň monitoringi, şeýle hem habary toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, bermegiň we saklamagyň kiçi ulgamlary.

 

12-nji madda. Gözegçilik ulgamynyň beketleri we nokatlary, olaryň goragy

 

Döwlet gözegçilik gidrometeorologiýa ulgamynyň beketleri we nokatlary gidrometeorologiýa maglumatlaryny gös-göni alýan, işläp taýýarlaýan we gidrometeorologiýa merkezlerine berýän, gidrometeorologiýa boýunça ilkinji önümçilik birligidir.

Gözegçilik gidrometeorologiýa ulgamynyň beketleriniň we nokatlarynyň jemi gözegçilikleriň döwlet gidrometeorologiýa ulgamyny emele getirýär.

Gözegçilik gidrometeorologiýa ulgamynyň beketleri we nokatlary, olar üçin bellenilen tertipde bölünip berlen çäkleriň ýer böleklerini we akwatoriýalaryň böleklerini, şeýle hem gözegçilikleriň amala aşyrylmagyny, maglumatlaryň işlenip taýýarlanylmagyny we berilmegini üpjün edýän tehnologik toplumlary goşmak bilen ygtyýarlandyrylan edaranyň doly hojalygy ýöretmeginiň we dessin dolandyrmagynyň hukugynda durýarlar.

Gözegçilik ulgamynyň beketlerini we nokatlaryny ýatyrmak, şeýle hem olaryň ýerleşýän ýerini üýtgetmek, täzelerini açmak, hereket edýän beketleri we nokatlary ýapmak diňe ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsady bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen  ylalaşyp geçirilýär.

Gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň amala aşyrylýan ýerlerinde tebigy hadysalaryň geçişi hakyndaky ygtybarly maglumatyň alynmagyny üpjün etmek maksady bilen gözegçilik gidrometeorologiýa ulgamynyň beketleriniň töwereginde, nokadyň çäklerinden 200 metr uzaklykda ýerleşýän, ýapyk çyzyk bilen çäklendirilen gorag zolaklary girizilýär.

Olarda gözegçilik gidrometeorologiýa ulgamynyň beketlerini we nokatlaryny ýerleşdirmek üçin ýer böleklerini we akwatoriýalaryň bölegini bölüp bermek, tehnologik toplumlary goşmak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlandyrylan edaranyň towakganamasy boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan geçirilýär.

Gözegçilik beketlerini we nokatlaryny ýerleşdirmek üçin bölünip berlen ýer bölekleri ygtyýarlandyrylan edara bilen ylalaşylmazdan yzyna alnyp bilinmez. Ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri gözegçilik, abatlaýyş, dikeldiş we gaýry işleri amala aşyrmak üçin bu nokatlara girmäge (geçmäge) mümkinçilik bermäge borçludyrlar.

 

13-nji madda. Gidrometeorologiýa subýektleriniň meteorologiýa babatdaky işi

 

Gidrometeorologiýa subýektleriniň meteorologiýa babatdaky işi tebigy meteorologik hadysalaryň, tebigy, tehnogen, fiziki we gaýry prosesleriň atmosferada onuň ýer we suw örtügi bilen, daşky gurşawyň janly organizmleri we jansyz obýektleri bilen özara hereketindäki ýagdaýyny we ösüşini kesgitlemäge gönükdirilendir.

Aktiw radiasiýanyň radiasion balansyny düzýän maglumatlar toplumyny almak üçin aktinometrik gözegçilikler geçirilýär. Atmosferanyň standart we aýratyn derejelerdäki meteomaglumatlary almak üçin aerologik gözegçilikler geçirilýär. Ozon gatlagynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin ozonometrik gözegçiligi geçirilýär. Ionosfera gatlagynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin ionosfera gözegçiligi geçirilýär. Meteorologik şertleriň oba hojalyk ekinleriniň we öri meýdan ösümlikleriniň ösuşine ýetirýän täsirini öwrenmek üçin agrometeorologik gözegçilikler geçirilýär.

 

14-nji madda. Gidrometeorologiýa subýektleriniň gidrologiýa babatdaky işi

 

Gidrometeorologiýa subýektleriniň gidrologiýa babatdaky işi derýalaryň, kölleriň, suw howdanlarynyň, kanallaryň, deňiz akwatoriýasynyň, gaýry suw desgalarynyň we tutuş aşakdakylar üçin zerur bolan suwuň ätiýaçlyklary hakyndaky maglumatlary toplamak maksady bilen amala aşyrylýar:

ilatyň we halk hojalygynyň suw desgalarynyň gidrologik düzgünlerini üýtgetmek hakyndaky habara bolan isleglerini üpjün etmek (suw joşmagy, ýagyn suwunyň köp ýygnanmagy, suwda gaýyp ýören buzlar we ş. m.);

giňişlik-gidrologik düzgüniň wagtlaýyn kanunalaýyklyklaryny öwrenmek, suwuň döwlet tarapyndan hasaba alnyşyny, howdanlaryň we çäkleriň suw serişdeleriniň we suw balanslarynyň hasaplarynyň ýöredilişini, hojalyk işiniň suw desgalarynyň düzgünine we suw serişdelerine edýän täsirine baha berişini öwrenmek.

 

15-nji madda. Aýratyn şertlerde gidrometeorologiýa işi

 

Aýratyn şertlerde (betbagtçylykly hadysalar, weýrançylyklar we heläkçilikler) we adatdan daşary ýagdaýlarda gidrometeorologiýa işi tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almagyň we netijelerini ýok etmegiň ýeke-täk döwlet ulgamynyň hereket etmeginiň düzüm bölegidir.

Aýratyn şertlerde gidrometeorologiýa işi şu Kanuna, «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, şeýle hem Türkmenistanyň ýörite kadalaşdyryjy namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

16-njy madda. Gidrometeorologik habary peýdalanmak  

 

Gidrometeorologiýa işiniň netijeleri daşary ýurtlar we halkara guramalary, şeýle hem Türkmenistanyň ýuridiki we fiziki şahslary tarapyndan ykdysadyýetiň çygyrlarynda we pudaklarynda peýdalanylyp bilner.

Gidrometeorologik maglumat we umumy maksatly önüm açyk we umumy elýeterdir, Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly çäklendirilen elýeterlik derejesine degişli edilen maglumat muňa girmeýär.

Umumy maksatly habar gidrometeorologiýa babatynda we onuň bilen ýakyn pudaklarda gidrometeorologik malumatlaryň ýeke-täk döwlet gaznasyna degişlidir hem-de sarp edijilere mugt berilýär.

Ýöriteleşdirilen habar sarp edijilere şertnamalaýyn tölegli esasda berilýär.

Ygtyýarlandyrylan edara berilýän habaryň düzümi hakynda, bu habary ýetirmegiň görnüşleri hakynda we sarp edijilere habar hyzmatyny amala aşyrýan guramalar hakynda sarp edijileri habarly etmäge borçludyr.

 

4 bap. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

17-nji madda. Gidrometeorologiýa işine gatnaşyjylaryň arasyndaky jedelleri çözmek

 

Gidrometeorologik habary öndürijiler bilen sarp edijileriň hem-de üçünji şahslaryň arasyndaky jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

18-nji madda. Şu Kanunyň düzgünleriniň bozulanlygy üçin jogapkärçilik

 

Gidrometeorologiýa işi hakyndaky kanunçylygyň bozulmagynda günäkär bolan wezipeli adamlar we raýatlar Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

19-njy madda. Halkara şertnamalary

 

Ygtyýarlandyrylan edara Butindünýä meteorologiýa guramasynda we beýleki halkara guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär.

Ikinji bölegi Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 131-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

 

 

Türkmenistanyň                                                    Saparmyrat

Prezidenti                                                               Türkmenbaşy

 

 

Aşgabat şäheri

1999-njy ýylyň 15-nji sentýabry

№ 392-1


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 15.09.1999
Resminamanyň belgisi № 392-1