Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION

KANUNY

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar

girizmek hakynda

 

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny has-da demokratiýalaşdyrmak, Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde kanunylygy we berk hukuk tertibini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna - Baş Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça taýýarlanylan we ara alnyp maslahatlaşylan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenen teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 48-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň XVI Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, Aşgabat şäheri, 2005-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 46-njy maddanyň birinji böleginiň altynjy abzasyny şu görnüşde beýan etmeli:

"etraplaryň we şäherleriň häkimleri, etraplaryň edara ediş merkezi bolup durýan şäherleriň we şäherçeleriň arçynlary girýärler.".

2. 50-nji maddanyň birinji we ikinji böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:

"Halk Maslahaty Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň ýa-da Halk Maslahatynyň bellenen sandaky agzalarynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça zerur bolşuna görä, azyndan ýylda bir gezek Halk Maslahatynyň Başlygy ýa-da Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan çagyrylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň ol ýa-da beýleki sebäplere görä, özleriniň borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, Halk Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi esasynda çagyrylýar.

Halk Maslahatynyň garamagyna teklipler girizmäge Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň, Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Umumymilli "Galkynyş" hereketiniň düzümine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem Halk Maslahatynyň bellenen sandaky agzalarynyň azyndan dörtden bir böleginiň haky bardyr.".

3. 51-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

"Halk Maslahatynyň işine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolbaşçylyk edýär. Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk we ýetmişden uly bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de döwlet häkimiýet we dolandyryşyň ýokary edaralarynda abraýly işläp gelýän Halk Maslahatynyň agzasy bolan Türkmenistanyň raýaty Halk Maslahatynyň agzalarynyň bellenen sanynyň üçden iki böleginiň açyk ses bermegi arkaly bäş ýyl möhlete saýlanylýar, ol Halk Maslahatyna hasabat berýär.".

4. 60-njy maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

"Eger Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe göra öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, onda Prezident saýlanýança Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi wezipesine bellenilýär. Şu ýagdaýda Prezidentiň saýlawlary onuň ygtyýarlarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä geçen gününden başlap, 60 günden gijä goýman geçirilmelidir.".

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň

wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji

Türkmenistanyň Ministrler

Kabinetiniň Başlygynyň

Orunbasary                                                          G.Berdimuhammedow

 

Aşgabat ş.

2006-njy ýylyň 26-njy dekabry

№ TKK-11

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň konstitusion kanunlary
Kabul edilen senesi 26.12.2006
Resminamanyň belgisi № ТКК-11