Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we

söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny

guramak we geçirmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 1-nji bölek, 52-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 04.02.2017 ý. № 506-V we 03.06.2017 ý. Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen )

 

Şu Kanun Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramakda we geçirmekde ýüze çykýan hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunyň esasy maksady

 

Şu Kanunyň esasy maksady Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny (mundan beýläk – V Aziýa oýunlary) ýokary derejede guramak we geçirmek üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri döretmekden, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň (mundan beýläk – V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnama) şertlerini berjaý etmek üçin hukuk kepilliklerini üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

 

2-nji madda. V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

3-nji madda. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri

 

1. V Aziýa oýunlarynyň guralýan döwri V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnama gol çekilen senesinden 2010-njy ýylyň 19-njy dekabryndan başlap, 2017-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygyny öz içine alýar.

2. V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwri V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyndan öň bir aý möhleti, V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän wagtyny we V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyndan soň bir aý möhleti öz içine alýar.

 

4-nji madda. V Aziýa oýunlarynyň guramaçylary

 

1. V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, Aşgabat şäher häkimligi we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet, şeýle-de şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen daşary ýurt guramaçylary V Aziýa oýunlarynyň guramaçylary bolup durýarlar.

2. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti tarapyndan tassyklanylýan sanawa laýyklykda, işine Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşýan ýa-da Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan gözegçilik edilýän guramalar V Aziýa oýunlarynyň daşary ýurt  guramaçylary bolup durýarlar.

 

5-nji madda. V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti

 

1. V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti (mundan beýläk – Guramaçylyk komiteti) V Aziýa oýunlaryny geçirmek we guramak babatynda  Türkmenistanyň ýokary guramasy bolup durýar.

2. Guramaçylyk komitetiniň düzümi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Guramaçylyk komitetiniň düzümine agza hökmünde tassyklanylan döwlet gullukçylary onda alyp barýan işini öz eýeleýän döwlet wezipesindäki ýerine ýetirýän borçlary bilen utgaşdyrmaga hukuklydyrlar.

3. Guramaçylyk komitetiniň işiniň gurnalyşynyň tertibi, esasy wezipeleri, hukuklary we borçlary hem-de onuň işiniň beýleki meseleleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

4. Guramaçylyk komiteti öz işini şu Kanuna, V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnama, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Tertipnamasyna we Guramaçylyk komiteti hakyndaky Düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar.

 

6-njy madda. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet

 

1. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet (mundan beýläk – Ýerine ýetiriji komitet) V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnama laýyklykda V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen döredilen ýuridik şahs bolup durýar.

2. Ýerine ýetiriji komitetiň işiniň guralyşynyň tertibi, esasy wezipeleri, hukuklary we borçlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

3. Ýerine ýetiriji komitet öz işinde şu Kanuna, Guramaçylyk komitetiniň çözgütlerine, V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnama, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Tertipnamasyna we Ýerine ýetiriji komitet hakyndaky Düzgünnama goldanýar.

4. Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti bilen bilelikde V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri Aziýa Olimpiýa Geňeşine degişli bolan intellektual eýeçiligiň obýektleriniň goragyny üpjün edýär.

5. Ýerine ýetiriji komitetiň emlägi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda emele getirilýär.

6. Ýerine ýetiriji komitet V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri tamamlanandan soň, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üýtgedilip guralýar ýa-da ýatyrylýar.

7. Ýerine ýetiriji komitet öz emlägini şu Kanunda we Ýerine ýetiriji komitet hakyndaky Düzgünnamada kesgitlenen maksatlar üçin ulanýar. Ýerine ýetiriji komitetiň işi ýatyrylan halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda borçnamalary boýunça talaplar doly kanagatlandyrylandan soňky galan emläginiň pul serişdeleri Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejisine, beýleki emläkleri Olimpiýa şäherjiginiň binalar we desgalar toplumyny buhgalterçilik balansynda saklaýja geçirilýär.

 

7-nji madda. Resmi dabaralar

 

Resmi dabaralar, şol sanda V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Tertipnamasyndaky we  V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnamadaky talaplara laýyklykda amala aşyrylýar.

 

II BAP. V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ GURALÝAN WE GEÇIRILÝÄN DÖWRI IŞIŇ AÝRY-AÝRY GÖRNÜŞLERINI AMALA AŞYRMAGYŇ WE HOWPSUZLYGY ÜPJÜN ETMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

 

8-nji madda. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri mahabaty guramagyň aýratynlyklary

 

V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri mahabat V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnamanyň talaplaryna laýyklykda guralýar.

 

9-njy madda. V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini guramagyň aýratynlyklary

 

V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnamanyň talaplaryna laýyklykda guralýar.

 

10-njy madda. Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynyň peýdalanylyşy

 

1. Şu maddanyň maksatlary üçin Aziýa oýunlarynyň nyşanlary diýlip, «Aziada», «Aşgabat – 2017», «Aziada – 2017», «V Aziýa oýunlary», «Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary», «V AIMAG» atlandyrmalaryna, şol sanda görkezilenleriň daşary ýurt dilindäki atlandyrmalaryna we olaryň esasynda döredilen sözlere we söz düzümlerine, şeýle hem Aziýa oýunlarynyň keşbine, tumaryna, oduna, alawyna, baýdagyna, senasyna, şygaryna, öňki Aziýa oýunlarynyň alamatlaryna we nyşanlaryna düşünilýär. Aziýa oýunlarynyň nyşanlaryna, şeýle hem Aziýa oýunlarynyň nyşanlaryny ýa-da onuň düzüm böleklerini özünde saklaýan we Aziýa oýunlarynyň aňladylmagy üçin niýetlenilen şekillendiriş sungat eserleri, saz, edebi we beýleki eserler degişlidir.  

2. Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynyň, şol sanda ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň, olaryň öndürýän harytlarynyň, olaryň ýerine ýetirýän işleriniň, edýän hyzmatlarynyň (firma atlandyrylmalarynda, täjirçilik belgilerinde, haryt nyşanlarynda, hyzmat ediş nyşanlarynda, harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynda) aňladylmagy üçin we beýleki usullarda peýdalanylmagyna, eger şeýle peýdalanmak görkezilen şahslaryň Aziýa oýunlaryna degişlidigi barada düşünje döredýän bolsa, diňe Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýa-da onuň ygtyýarly eden guramasy bilen degişli şertnama baglaşylan ýagdaýynda ýol berilýär.

3. Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynyň şu maddanyň ikinji böleginiň talaplarynyň bozulmagy bilen peýdalanylmagy bikanun diýlip ykrar edilýär.

 

11-nji madda. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri myhmanhana hyzmatlarynyň, şeýle-de V Aziýa oýunlarynyň sport çärelerine we dabaralaryna giriş petekleriniň bahalarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi

 

V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti myhmanhana hyzmatlarynyň bahalaryny, şeýle-de V Aziýa oýunlarynyň sport çärelerine we dabaralaryna giriş petekleriniň bahalaryny düzgünleşdirmegi amala aşyrmaga hukuklydyr.

 

12-nji madda. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri meýletinçilik işi

 

V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri meýletinçilik işi şu Kanuna we «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

121-nji madda. V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän önümleri sertifikatlaşdyrmagyň aýratynlyklary

 

1. V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnamanyň çäklerinde Türkmenistana getirilýän önümlersertifikatlaşdyrmakdan boşadylýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen aýratyn halatlar muňa degişli däldir.

2. V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary tarapyndan şahsy peýdalanylmagy üçin getirilýän sport öwseleleri, sport egin-eşikleri we esbaplary, derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler we beýleki sarp edilýän önümler sertifikatlaşdyrmakdan boşadylýar. (Girizilen goşmaça 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär – Türkmenistanyň 03.06.2017 ý. № 575-V kanuny esasynda).

 

13-nji madda. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri howpsuzlygy üpjün etmegiň aýratynlyklary

 

1. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan howpsuzlygy üpjün etmegiň aşakdaky güýçlendirilen çäreleri girizilip bilner:

1) gözegçilikde saklanylýan we (ýa-da) gadagan edilýän zolaklary bellemek;

2) raýatlaryň girmegine we (ýa-da) wagtlaýyn ýaşamagyna we bolmagyna çäklendirmeler girizilýän ýerleri bellemek;

3) ulag serişdeleriniň hereketini çäklendirmek;

4) uçujy enjamlaryň hereketini çäklendirmek;

5) V Aziýa oýunlarynyň obýektleriniň we jemgyýetçilik tertibiniň goragynyň güýçlendirilmegi;

6) V Aziýa oýunlary bilen bagly bolmadyk köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegini çäklendirmek;

7) gözegçilik edilýän zolaga girilende we ondan çykylanda fiziki şahslaryň we olaryň ýanyndaky goşlarynyň barlagyny, şeýle hem ulag serişdeleriniň we olarda bar bolan goşlaryň barlagyny geçirmek, şol sanda tehniki serişdeleri ulanmak arkaly barlag geçirmek;

8) ýaraglary, ok-därileri, partlaýjy maddalary, ýörite serişdeleri, zäherli maddalary satmagy çäklendirmek ýa-da gadagan etmek, düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, güýçli täsir ediji maddalar bolan derman serişdeleriniň we önümleriň, etil spirtiniň, spirtli içgileriň, düzüminde spirt bolan önümleriň dolanyşygynyň aýratyn düzgünini bellemek.

3. Şu maddanyň 2-nji  böleginde görkezilen V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe howpsuzlygy üpjün etmegiň güýçlendirilen çäreleri girizilen ýagdaýynda, onuň hereket ediş çäkleriniň anyk serhetleri, hereket edýän wagty hem-de bu girizilen çäreleriň maliýeleşdirilmeginiň we maddy-tehniki üpjünçiliginiň tertibi kesgitlenilmeli. Şeýle hem, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleri girizilende bu çäreleriň çäklendirmelerine degişli bolmadyk raýat toparlary kesgitlenip bilner.

4. Şu madda laýyklykda girizilen, howpsuzlygy üpjün etmegiň güýçlendirilen çäreleriniň degişli edilen çäkleriniň içinde ýaşaýan we işleýän raýatlar hem-de şu çäklere täze gelýän raýatlar bu girizilen çäreler bilen tanyşdyrylmalydyr.

5. V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň howpsuzlygyny we olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilmegini üpjün etmegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

III BAP. V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ GURALÝAN WE GEÇIRILÝÄN DÖWRÜNDE DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNYŇ, RAÝATLYGY BOLMADYK ADAMLAR TÜRKMENISTANA GELMEGINIŇ,

TÜRKMENISTANDA BOLMAGYNYŇ WE TÜRKMENISTANDAN GITMEGINIŇ AÝRATYNLYKLARY

 

14-nji madda. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak we (ýa-da) olary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrmak üçin Türkmenistana gelmeginiň, Türkmenistanda bolmagynyň we Türkmenistandan gitmeginiň aýratynlyklary

 

1. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamalary bar bolan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hakyky daşary ýurt pasportlary ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamalary esasynda wizasyz Türkmenistana gelýärler, Türkmenistanda bolýarlar we Türkmenistandan gidýärler.

2. Akkreditasiýa şahadatnamasy Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara berilýän, V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri oýunlara gatnaşmaga, şeýle hem V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly beýleki işi amala aşyrmaga hukuk berýän resminamadyr.

3. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamalaryny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

15-nji madda. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan we (ýa-da) olary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hasaba alynmagy

 

1. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe bu oýunlara gatnaşmak we (ýa-da) olary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrmak üçin Türkmenistana gelýän, akkreditasiýa şahadatnamalary bolan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanda bolýan ýerlerinde hasaba durmakdan boşadylýar.

2. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe bu oýunlara gatnaşmak we (ýa-da) olary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrmak üçin akkreditasiýa şahadatnamasyny almak üçin ýüz tutýan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky maglumatlar Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan toplanylýar we olaryň Türkmenistanyň çägine gelýän senesinden öň 10 günden gijä galman Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna berilýär.

3. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe bu oýunlara gatnaşmak we (ýa-da) olary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara hasaba almagyň ýeňilleşdirilen tertibi degişli edilýär. Şeýle tertip Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.

4. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe bu oýunlara gatnaşmak ýa-da olary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hasaba alyş ýygymlaryndan boşadylýar.

 

IV BAP. V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ GURALÝAN WE

GEÇIRILÝÄN DÖWRÜNDE ZÄHMET

GATNAŞYKLARYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

 

16-njy madda. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe bu oýunlary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrmagynyň aýratynlyklary

 

1. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistanda zähmet ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnama baglaşan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanda işlemäge rugsatnamasy bolmazdan Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrýarlar, olara iş berijide işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gatnaşygy degişli edilmeýär.

2. V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistanda zähmet ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnama baglaşan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar wiza resmileşdirilmegi bilen bagly ýygymlary we tölegleri tölemekden boşadylýar.

 

17-nji madda. V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrýan işgärleriň zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilişi

 

V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrýan işgärleriň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

 

V BAP. V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ GURALÝAN WE GEÇIRILÝÄN DÖWRÜNDE DAŞARY ÝURT PULLARYNDA AMALLARY GEÇIRMEGIŇ WE GÜMRÜK DÜZGÜNLEŞDIRMESINI AMALA AŞYRMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

 

18-nji madda. Akkreditasiýa şahadatnamalary bolan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe amala aşyrýan pul amallary

 

V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamasy bolan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar şu aşakdaky pul amallaryny çäklendirmesiz amala aşyrýarlar:

1) ygtyýarly karz edaralarynyň we olaryň alyş-çalyş nokatlarynyň üsti bilen Türkmenistanyň milli puluna daşary ýurt puluny satyn almak;

2) Türkmenistanyň milli nagt puluny we (ýa-da) daşary ýurt nagt puluny Türkmenistanyň gümrük edaralaryna deklarirlemezden birwagtlaýyn Türkmenistana getirmek we Türkmenistandan alyp gitmek;

3) Türkmenistanda puly kadalaşdyryjy edaralar tarapyndan bellenilen beýleki pul amallary.

 

19-njy madda. Gümrük düzgüni

 

V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlaryny gümrük taýdan resmileşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän ýörite gümrük düzgünine laýyklykda amala aşyrylýar.

V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnamanyň çäklerinde Türkmenistana getirilýän iýmit önümleriniň gümrük taýdan resmileşdirilmegiTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň garamagyndaky edaralar tarapyndannetijenama berlenden soň tamamlanýar.Görkezilen netijenamanyň berilmegi bilen baglanyşykly işler muzdsuz ýerine ýetirilýär. (Girizilen goşmaça 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär – Türkmenistanyň 03.06.2017 ý. № 575-V kanuny esasynda).

 

 

VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

20-nji madda. Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar girizmek hakynda

 

1. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 3-4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3,  64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda; № 4, 146-njy madda) şu goşmaçalary girizmeli:

1) 106-njy maddanyň birinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde harytlaryň ýerlenilmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi;»;  

2) 170-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

 

«Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde harytlaryň ýerlenilmeginden, işleriň ýerine ýetirilmeginden we hyzmаtlaryň edilmeginden emele gelen serişdeleriň möçberine.»;

3) 180-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi  goşmaly:

«Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde oýunlary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işleriň ýerine ýetirilmeginden we hyzmatlaryň edilmeginden alnan girdejiler.»;

4) 187-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly «y» bendi goşmaly:

«y) Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde oýunlary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işleriň ýerine ýetirilmeginden we hyzmatlaryň edilmeginden alnan girdejiler.»;

5) 202-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly «ä» bendi goşmaly:

«ä) Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde harytlaryň ýerlenilmegine, işleriň ýerine ýetirilmegine we hyzmatlaryň edilmegine mahabatlandyrma.»;

6) 207-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde harytlary ýerleýän, işleri ýerine ýetirýän we hyzmatlary edýän taraplar.».

2. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 41-nji madda; 2013 ý., № 2, 29-njy madda, № 4, 83-nji madda; 2014 ý., № 2, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 38-nji madda) şu goşmaçalary girizmeli:

1) 7-nji maddanyň dördünji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«41. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe  daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistana gelmeginiň we Türkmenistandan gitmeginiň aýratynlyklary «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça         V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär.»;

2) 13-nji maddanyň dördünji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«41. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hasaba alynmagynyň aýratynlyklary «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär.»;

3) 22-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«41. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän we geçirilýän döwründe V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistanyň çägine gelýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň zähmet işini amala aşyrmagynyň aýratynlyklary «Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär.».

 

21-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

22-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

23-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän wagty

 

Şu Kanun 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                     Gurbanguly

     Prezidenti                                                     Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2016-njy ýylyň 26-njy marty.

№ 367-V.

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 26.03.2016
Resminamanyň belgisi № 367-V