Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2005 ý¸  № 1¸ 5-madda)

 

Şu kanun Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Turkmenbaşynyň türkmen döwletiniň gelejegi bolan ýaşlaryň ruhubelent hem-de sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri barasynda edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp, şeýle hem Birleşen Millletler Guramasynyň çagalary ykdysady taýdan mejbury ulanmakdan goramak, sonuň ýaly-da olaryň saglygy üçin howply we bilim almaklaryna päsgelçilik döredip biljek, beden, akyl we ruhy taýdan ösüşine, wyždan azatlygyna zeper ýetirip biljek ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna ýol bermezlik hakyndaky kadalaryny kepillendirýän Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň, «Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, Türkmenistanyň zähmet hakyndaky bitewi Kanunynyň we çagalaryň zähmete bolan hukuklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kanunçylyklarynyň doly we dogry ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

1. Çagalaryň on alty ýaşa ýetmedikleri bilen zähmet şertnarnasyny baglaşmaga ýol berilmeýär, olaryň on bäş ýaşa ýetenleri bolsa diňe ata-enesiniň biriniň (hossarynyň, howandarynyň) yazmaça razylygy bolan ýagdaýynda hem- de onuň mekdepde okamagyna päsgel bermeýän halatynda işe kabul edilip bilner.

2. Eýeçiligiň görnüşine garamazdan, iş berijileriň kämillik ýaşyna ýetmedik işgärleriň zähmetini agyr işlerde we zähmet şertleri zyýanly ýa-da howply, şonuň ýaly-da ýerasty işlerinde ulanmaklary gadagan edilýär.

3. Ata-eneleriň (hossarlaryň, howandarlaryň) hem on bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryny hemişelik zähmet borjuny berjaý etmek bilen baglanyşykly işde işletmekleri, aýratyn-da şonuň bilen baglanyşykly okuwdan alnyp galynmagy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda, şeýle hem halkara hukuklarynyň kadalary tarapyndan çaganyň berkidilen hukuklarynyň we bähbitleriniň bozulmagyna getirýändigi sebäpli gadagan edilýär.

4. Kanunçylygyň çagalaryň zähmetini goramak bilen baglanyşykly kadalarynyň berjaý edilmegi çaganyň zähmetinden peýdalanýan diňe bir düzgünnamaly şahslara (edara, kärhana, gurama) däl-de, eýsem hususy telekeçilere-de, beýleki şahslara hem degişlidir.

5. Işiň görnüşine we wagtlylygyna, şol sanda möwsümleyinligine gararnazdan, çagalaryň işleri olaryň mekdepde okamaklaryna päsgel berip bilmez.

6. Çagalaryň zähmet işine bolan hukugynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda görkezilen jogapkärçilige getirýär.

 

Türkmenistanyň Saparmyrat

Prezidenti Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

2005-nji ýylyň 1-nji fewraly

№ 5-III

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 01.02.2005
Resminamanyň belgisi № 5-Ш