Ýer  hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamak we güýje girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamak

we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda)

 

1-nji madda. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamaly.

 

2-nji madda. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny 2004-nji ýylyň 1- nji noýabryndan başlap güýje girizmeli.

 

3-nji madda. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň 1990-njy ýylyň  12-nji oktýabrynda kabul eden, Türkmenistan SSR-niň Ýer hakyndaky kodeksini we «Türkmenistan SSR-niň Ýer  hakyndaky kodeksini güýje girizmek hakyndaky» kararyny (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990-njy ýyl, № 19-20, 201-nji, 202-nji maddalar);

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň 1991-nji ýylyň 30-njy maýynda kabul eden, «Türkmenistan SSR-niň Ýer hakyndaky kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistan SSR-niň Kanunyny (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1991-nji ýyl, № 9-10, 106-njy madda);

Türkmenistanyň  Mejlisiniň 1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda tassyklan, «Daşary ýurt döwletleriniň ýeri karendesine almagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995-nji ýyl, № 3, 43-nji madda);

Türkmenistanyň Mejlisiniň 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda tassyklan, «Harytlyk oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýeri graždanlaryň eýeçiligine bermek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996-njy ýyl, № 4, 63-nji madda).

 

4-nji madda. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň täsiri ol güýje gireninden soň ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryna degişlidir.

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny güýje girmänkä ýüze çykan hukuk gatnaşyklary babatda onuň düzgünleri 2004-nji ýylyň 1-nji noýabryndan soň ýüze çykan hukuklar we borçlar barada ulanylýar.

 

5-nji madda. Mundan beýläk kadalaşdyryjy hukuk namalary «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyk getirilýänçä olar «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna ters gelmeýän derejede ulanylýar.

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda diňe kanunlar arkaly düzgünleşdirilip bilinjek meseleler babatdaky kadalaşdyryjy hukuk namalary degişli kanunlar kabul edilýänçä we güýje girizilýänçä hereket edýär.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti özüniň we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul etmäge hukuk berlen beýleki döwlet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny «Ýer  hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyk getirmeli.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň Adalat ministrligi «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanundan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Mejlisine hödürlemeli.

 

8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaly.

 

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň

Başlygy                                                                    Saparmyrat Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri.

2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry

№ 243-II

 

«ÝER HAKYNDA»

 TÜRKMENISTANYŇ BITEWI KANUNY

 

Şu bitewi Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň durmuş-ykdysady Maksatnamalaryna laýyklykda ýer gatnaşyklary babatda alynyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär we ýerlerden rejeli peýdalanmak we olary goramak, tebigy gurşawy abat saklamak we gowulandyrmak, oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, ýerde hojalygy ýöretmegiň dürli görnüşlerini ulanmak, Türkmenistanyň çäklerinde erkin telekeçiligi höweslendirmek üçin şertler döretmäge gönükdirilýär.

 

I bap. Esasy düzgünler

 

1-nji madda. Türkmenistanda ýer

 

Türkmenistanda ýer türkmen halkynyň baýlygydyr, döwlet goragy astynda durýar, ol rejeli we netijeli peýdalanylmaga degişlidir.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň ýer kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň ýer kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu bitewi Kanundan we ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu bitewi Kanunda göz öňünde tutulandakydan beýleki kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

3. Ýer hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan namalar şu Bitewi kanunyň esasynda kabul edilýär we onuň düzgünlerine çapraz gelip bilmez. Şeýle çapraz gelmeler bar bolan halatynda şu Bitewi kanunyň düzgünleri ulanylýar.

4. Eger şu Bitewi kanunynda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň raýat we ýer kanunçylyklarynyň düzgünlerinde kesgitlenýän ýer hukuk gatnaşyklaryndaky islendik düşünjeler Türkmenistany ýer kanunçylygynda oňa berilýän mana eýe bolmalydyr.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda)

 

3-nji madda. Şu bitewi Kanunyň hereket ediş  çygry

 

Ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan şu bitewi Kanunyň hereketi şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna degişlidir.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň wezipeleri

 

Şu aşakdakylar Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň wezipeleridir:

- ýer serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak maksady bilen ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak;

- ýer serişdelerinden peýdalanmak we olary goramak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek;

- döwlet ýer gurluşygyny geçirmegiň, döwlet ýer kadastryny alyp barmagyň we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegiň tertibini bellemek;

- ýere eýeçilik, ýerden peýdalanmak we ýer kärendesi hukuklarynyň ýüze çykmagynyň, üýtgemeginiň we bes edilmeginiň esaslaryny kesgitlemek;

- ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklarynyň we borçlarynyň amala aşyrylmagynyň tertibini kesgitlemek;

- topragyň mesligini ýokarlandyrmak we tebigy gurşawy abat saklamak boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün etmek;

- ýerde hojalygy ýöretmegiň ähli görnüşleriniň deň hukukly ösmegi üçin şertleri döretmek.

 

5-nji madda. Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kepilleri

 

Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kepilleri şu aşakdakylary öz içine alýar:

- Türkmenistanyň çäginiň bitewiliginiň, eldegrilmesizliginiň we bölünmezliginiň üpjün edilmegini;

- ýer gatnaşyklary babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny;

- ýer gatnaşyklary babatda hukuk hereketleriniň, guramaçylyk, ykdysady, tehniki we gaýry çäreleriň amala aşyrylmagyny;

- ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny;

- ýerlerden rejeli peýdalanmaga we olary goramaga gönükdirilen teklipleri taýýarlamakda gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynyň üpjün edilmegini;

- ýer gatnaşyklary babatda ekologik howpsyzlygynyň üpjün edilmegini;

- ýerleriň möçberi, ýagdaýy, peýdalanylyşy we goralyşy baradaky maglumatlar bilen gyzyklanýan taraplaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde üpjün edilmegini;

- döwlet ýer gurluşygyny, döwlet ýer kadastryny we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi alyp barmak boýunça işleriň geçirilmegini;

- Türkmenistanda ýer kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny;

- halkara hyzmatdaşlygy babatda ýer meseleleri boýunça döwletiň bähbitleriniň goralmagyny.

 

II bap. Türkmenistanyň ýer gaznasy

 

6-njy madda. Ýerleriň toparlary

 

Türkmenistanyň ýer gaznasy maksatly niýetlenilişine laýyklykda şu aşakdaky toparlara bölünýär:

a) oba hojalyk maksatly ýerler;

b) tokaý gaznasynyň ýerleri;

ç) suw gaznasynyň ýerleri;

d) döwlet ätiýaçlyk ýerleri;

e) ilatly ýerleriň (şäherleriň, şäherçeleriň we oba ilatly ýerleriniň) ýerleri;

ä) senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry maksatly ýerler;

f) tebigaty goraýyş, sagaldyş, dynç alyş we taryhy-medeni maksatly ýerler.

 

7-nji madda. Ýerleri toparlara degişli etmegiň we olary bir topardan beýleki topara geçirmegiň tertibi

 

Ýerleri Türkmenistanyň ýer gaznasynyň şu bitewi Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen toparlaryna degişli etmek we olary bir topardan beýleki topara geçirmek olaryň maksatly niýetlenilişine  laýyklykda şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda kesgitlenilýän tertipde geçirilýär.

 

8-nji madda. Ýörite ýer gaznalary

 

1. Oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy, şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin hususy eýeçilige hem-de oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin daýhan hojalyklaryna peýdalanmaga ýer bermek maksady bilen ýörite ýer gaznalary döredilýär. Ol gaznalary döretmek meselesine etraplaryň (şäherleriň), welaýatlaryň (Aşgabat şäheriniň) ýer meseleleri baradaky toparlarynda, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasynda we ýer meseleleri baradaky Döwlet toparynda  seredilýär.

2. Ýörite ýer gaznalary döwletiň ätiýaç ýerlerinden, daýhan birleşikleriniň, beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň, şäherleriň we şäherçeleriň ýerlerinden, şeýle hem beýleki ýerden peýdalanyjylaryň peýdalanmaýan  ýerlerinden döredilýär.

3. Ýörite ýer gaznalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 37-nji madda)

 

III bap. Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kadalaşdyryşy

 

9-njy madda. Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kadalaşdyryşy

 

Ýer gatnaşyklary babatda döwlet kadalaşdyryşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

10-njy madda. Ýer gatnaşyklary babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

- ýer gatnaşyklary babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň geçirilmegini üpjün edýär;

- ýerlerden rejeli peýdalanmak, topragyň mesligini ýokarlandyrmak, beýleki tebigaty goraýyş çäreler bilen bir toplumda ýer serişdelerini goramak boýunça döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

- ýerlerden rejeli peýdalanylmagyny we olaryň goralmagyny üpjün edýän döwlet edaralarynyň we gulluklarynyň işini ugrukdyrýar;

- ýerlerden rejeli peýdalanmak we olary goramak boýunça işleri kadalaşdyrmagyň we höweslendirmegiň döwlet ulgamyny döredýär;

- Türkmenistanyň ýer gaznasyny dolandyrmagy amala aşyrýar;

- ýer meseleleri baradaky Döwlet toparynyň hödürlemegi boýunça ýerleri hususy eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine bermek barada kararlary kabul edýär;

- ýer bölekleriniň möçberine garamazdan, ýerleriň ähli toparlaryndan döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin ýerleri yzyna almagy geçirýär;

- ýere eýeçilik, ýerden peýdalanmak we ýer kärendesi hukuklaryna güwä geçýän resminamalaryň görnüşlerini tassyklaýar;

- ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň  we ýer  kärendeçileriniň hukuklaryny çäklendirmegi belleýär;  

- döwlet ýer gurluşygyny, ýer kadastryny geçirmegiň we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi amala aşyrmagyň tertibini belleýär;

- ýer üçin tölegleri almagyň we bu tölegler boýunça ýeňillikleri bermegiň tertibini tassyklaýar;

- oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň öwezini dolmagyň kadalaşdyrmalaryny we tertibini belleýär;

- ýerlerden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär;

- ýer böleklerini bermegiň we yzyna almagyň tertibini we şertlerini tassyklaýar;

- Türkmenistanyň ýer gaznasynyň möçberi, bölünişi we peýdalanylyşy baradaky ýyllyk hasabaty tassyklaýar;

- ýörite ýer gaznalaryny tassyklaýar;

- ýer jedellerine seredýär we çözýär;

- ýer gatnaşyklary bilen baglanşykly beýleki meseleleri çözýär.

 

11-nji madda. Ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasynyň ygtyýarlyklary

 

1. Ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy:

- ýer gatnaşyklary babatda alynyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

- ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

- ýerleri peýdalanmaga we kärendesine bermek barada Türkmenistanyň şahsy adamlaryndan arzalary we edara görnüşindäki taraplaryndan haýyşnamalary kabul edýär hem-de olar boýunça etrabyň (şäheriň), welaýatyň we Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparynda seretmek üçin degişli resminamalary taýýarlaýar;

- döwlet ýer kadastryny ýöredýär we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi geçirýär;

- ýer serişdeleri we olaryň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň kompýuterleşdirilen ýeke-täk ulgamyny döredýär we alyp barýar;

- döwlet ýer gurluşygy, şeýle hem topografik-geodeziýa, toprak, geobotanik, kartografik we beýleki barlag we gözleg işlerini geçirýär;

- şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýerleri bermek barada resminamalary resmileşdirýär;

- ýere eýeçilik, ýerden peýdalanmak we ýer kärendesi hukuklarynyň döwlet belligine alynmagyny, şeýle hem bu hukuklara güwä geçýän resminamalary bermegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar;

- ýerlerden rejeli peýdalanmak we olary goramak babatda maksatnamalaryň, ülňüleriň we taslamalaryň seljermesini geçirýär;

- şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna berlen ýerler barada maglumatlary ýygnamagy, ulgamlaşdyrmagy we seljermegi guraýar;

- suwarymly ekerançylyk üçin ýaramly ýerler, şeýle hem öri maldarçylygy üçin öri meýdanlary barada çaklamalary we gelejekde peýdalanmak boýunça teklipleri işläp düzýär;

- peýdalanylmaýan ýerleri we Türkmenistanyň ýer kanunçylygyny bozup peýdalanylýan ýerleri ýüze çykarmak boýunça işleri geçirýär;

- ýer serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen guramaçylyk, tehniki we beýleki çäreleri amala aşyrýar;

- gözleg işlerini geçirmek üçin ýer böleklerinden peýdalanmaga rugsatnama berýär;

- ýer eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan ýer meseleleri boýunça hukuk namalaryny kabul edýär;

- ýer üçin töleg, Türkmenistanyň ýer kanunçylygyny kämilleşdirmek, ministrlikleriň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň ýer kanunçylygyna garşy gelýän hukuk namalaryny, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň, geňeşleriň kararlarynyň we arçynlaryň buýruklarynyň hereketini togtatmak ýa-da ýatyrmak barada teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

- senagat we beýleki maksatly desgalar gurlanda we durky täzelenilende, geologiýa-agtaryş, gözleg we beýleki işler geçirilende Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär;

- ýerleri eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine bermek boýunça resminamalary netijenama bilen ýer meseleleri baradaky Döwlet toparynyň garamagyna berýär;

- Türkmenistanyň ýer gaznasynyň möçberi, bölünişi we peýdalanylyşy barada ýyllyk hasabaty düzýär;

- ýer jedellerine seredýär we çözýär;

- şu bitewi Kanun bilen onuň ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

2. Ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasynyň işi şu bitewi Kanuna we bu edara hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.

 

12-nji madda. Ýer gatnaşyklary babatda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ygtyýarlyklary

 

1. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri öz tabynlygyndaky çäklerde:

-ýer gatnaşyklary babatda alynyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;

-ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün edýärler;

-ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

-welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparlaryny döredýärler we olaryň işini üpjün edýärler;

-welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk gurluşy, döwlet ýer gurluşygy we ýer kadastryny alyp barmak, şeýle hem ýörite ýer gaznasyny döretmek meseleleri boýunça teklipleri ýokarda durýan döwlet edaralaryna berýärler;

-döwlet ýer gurluşygyny, ýer kadastryny we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi geçirmeklige ýardam edýärler;

-ýer üçin tölegleriň alnyşyna gözegçilik edýärler;

-ýerleriň möçberi we bölünişi baradaky ýyllyk hasabaty  tassyklaýarlar;

-ýer jedellerine seredýärler we çözýärler;

-şu bitewi Kanun bilen olaryň ýer gatnaşyklary babatdaky ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýärler.

2. Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalarynyň eýeçiligine Aşgabat şäheriniň çäginde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini bermek barada karar kabul edýär.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda)

 

13-nji madda. Ýer gatnaşyklary babatda etraplaryň (şäherleriň) häkimliginiň ygtyýarlyklary

 

Etraplaryň (şäherleriň) häkimlikleri öz tabynlygyndaky çäklerde:

- ýer gatnaşyklary babatda alynyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;  

- ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün edýärler;

- ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň  goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

- ýer meseleleri baradaky etraplaryň (şäherleriň) toparlaryny döredýärler we olaryň işini üpjün edýärler;

- etrabyň (şäherleriň) dolandyryş-çäk gurluş, döwlet ýer gurluşygyny we ýer kadastryny alyp barmak, şeýle hem ýörite ýer gaznasyny döretmek meseleleri boýunça teklipleri ýokarda durýan döwlet edaralaryna berýärler;

- döwlet ýer gurluşygyny, ýer kadastryny we ýerleriň ýagdaýyna syn etmegi geçirmeklige ýardam edýärler;

- ýer üçin tölegleriň alnyşyna gözegçilik edýärler;

- ýerleriň möçberi we bölünişi baradaky ýyllyk hasabaty tassyklaýarlar;

- ýer jedellerine seredýärler we çözýärler;

- Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalarynyň eýeçiligine şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak - mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini bermek barada karar kabul edýäler;

- şu bitewi Kanun bilen olaryň ýer gatnaşyklary babatdaky ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýärler.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda)

 

14-nji madda. Ýer gatnaşyklary babatda Geňeşleriň ygtyýarlyklary

 

Geňeşler öz çäklerinde:

-ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün edýärler;

-ýer serişdelerinden rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

-Türkmenistanyň raýatlaryndan olaryň maşgalalaryna şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak-mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölekleriniň berilmegi barada arzalary kabul edýärler;

-daýhan birleşikleri we beýleki oba hojalyk kärhanalary tarapyndan ýer kadastr kitabyny ýöretmegi üpjün edýärler.

 

15-nji madda. Ýer meseleleri  baradaky toparlar

 

1. Ýer meselelerine seretmek üçin şu aşakdakylar döredilýär:

- ýer meseleleri baradaky Döwlet topary;

- welaýatyň, Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky topary;

- etrabyň (şäheriň) ýer meseleleri baradaky topary.

2. Ýer meseleleri baradaky Döwlet topary hakyndaky düzgünnama we bu toparyň düzümi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň, etraplaryň we şäherleriň ýer meseleleri baradaky toparlary hakyndaky düzgünnamalar we bu toparlaryň düzümleri degişli häkimlikler tarapyndan tassyklanylýar.

 

IV bap. Şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine

we halkara guramalaryna ýer böleklerini bermek

 

16-njy madda. Şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine  we halkara guramalaryna ýer böleklerini bermek

 

1. Ýer bölegini almaga isleg bildiren Türkmenistanyň raýatlary, bu barada ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça şu aşakdakylara arza berýärler:

a) hususy eýeçilige - şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak – mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin - Geňeşe, şäherdäki etrabyň häkimligine;

b) peýdalanmaga - ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna;

g) kärendä:

- suwarymly ýerleri - daýhan birleşigine we beýleki oba hojalyk kärhanasyna;

- oba hojalyk däl maksatlar üçin - ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna.

2. Ýerleriň peýdalanmaga ýa-da kärendesine berilmegine mätäç Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary, bu barada ýer bölekleriniň ýerleşýän ýeri boýunça ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna haýyşnama bilen ýüz tutýarlar.

3. Ýerleriň berilmegi baradaky Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalarynda we edara görnüşindäki taraplarynyň haýyşnamalarynda ýerleriň berilmeginiň zerurlygyny esaslandyrýan resminamalary goşmak bilen soralýan ýer bölekleriniň niýetlenen maksady, möçberleri we ýerleşýän ýeri görkezilmelidir.

4. Eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine ýer bölekleriniň berilmegi baradaky Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalar we edara görnüşindäki taraplarynyň haýyşnamalar bilen ýüz tutmagynyň we olara seretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

5. Ýerleri kärendesine almaga isleg bildirýän daşary ýurt döwletleriniň raýatlary we edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bu barada haýyşnamany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýärler.   

6. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.

7. Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna hususy kömekçi hojalygy alyp barmak-mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini bermek etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň kararlaryna laýyklykda geçirilýär.

8. Ýerlere eýeçilik, peýdalanmak we oba hojalyk däl maksatlar üçin  kärende hukuklaryna güwä geçýän resminamalary bermek bilen ýer böleginiň bölünip berilmeginiň resmileşdirilmegi, şeýle hem bu hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda)

 

17-nji madda. Ýer böleklerinden peýdalanmagyň görnüşleri

 

1. Ýer bölekleri eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä berlip bilner.

2. Ýer bölegi eýeçilige Türkmenistanyň raýatlaryna berlip bilner.

3. Ýer bölegi hemişelik ýa-da wagtlaýyn (39 ýyla çenli) peýdalanmaga Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna berlip bilner.

4. Ýer bölegi kärendesine şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna berlip bilner.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 37-nji madda)

 

18-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri

 

Ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýatlaryna şu aşakdakylar üçin berlip bilner:

- oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak-mellek ýer;

- şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy;

- oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin, daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden uzak möhletleýin kärende şertlerinde, ýer böleklerinden netijeli peýdalanýan kärendeçilere soňra eýeçilige bermek bilen;  

- gulluk ýer paýy;

- mal bakmak;

- ot ýatyrmak;

- telekeçilik işi amala aşyrylanda gurluşyk we oba hojalyk maksatlary.

- oba hojalyk däl maksatly desgalary wagtlaýyn ýerleşdirmek.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 37-nji madda)

 

19-njy madda. Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň  görnüşleri

 

Ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna şu aşakdakylar üçin berlip bilner:

- oba hojalyk önümçiligini alyp barmak;

- kömekçi oba hojalygyny alyp barmak;

- wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek;

- öri maldarçylygy;

- gurluşyk;

- ýerasty baýlyklary işläp çykarmak;

- oba hojalyk däl beýleki maksatlar.

 

20-nji madda. Daşary ýurt raýatlarynyň we edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýer böleklerinden peýdalanmagynyň görnüşleri

 

Daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer bölekleri şu aşakdaky maksatlar üçin diňe kärendesine berlip bilner:

- desgalary gurmak we oba hojalyk däl beýleki maksatlar;

- wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek.

 

21-nji madda. Ýer bölegine eýeçilik hukugynyň, ýerden peýdalanmak hukugynyň we ýere kärende hukugynyň ýüze çykmagy

 

Ýer bölegine eýeçilik hukugy, ýerden peýdalanmak hukugy we ýere kärende hukugy ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan ýer bölekleriniň hakyky çäkleri bellenilenden we oňa bolan hukuga güwä geçýän resminamalar berlenden soň ýüze çykýar.

 

V bap. Ýere eýeçilik

 

22-nji madda. Döwletiň eýeçiliginde durýan ýerler

 

1. Türkmenistanyň raýatlaryna eýeçilige berlen ýerlerden başga, Türkmenistanyň ähli ýerleri döwletiň eýeçiliginde durýar.

2. Döwlet goraghanalaryna berlen ýerler, şeýle hem beýleki aýratyn goralýan tebigy meýdanlarynyň ýerleri döwletiň aýratyn eýeçiliginde durýar.

 

23-nji madda. Ýere hususy eýeçilik

 

 Ýer bölekleri Türkmenistanyň raýatlaryna şu aşakdaky maksatlar üçin hususy eýeçilige berlip bilner:

- oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri;

- şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaý gurluşygy;

- oba hojalyk önümini öndürmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryna laýyklykda - daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň, öň uzak möhletli kärende şertlerinde peýdalanylýan ýerlerinden.

 

24-nji madda. Ýere hususy eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagy

 

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýere hususy eýeçilik hukugy şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryna laýyklykda ýer bölekleri hususy eýeçilige berlende we raýat-hukuk geleşikleriniň netijesinde ýaşaýyş jaýa ýa-da gurluşyga eýeçilik hukugynyň Türkmenistanyň başga raýatyna geçmegi bilen, şeýle-de eýeçilik hukugynyň mirasdüşerlik tertipde geçmeginde ýüze çykýar.

2. Ýer bölegine eýeçilik hukugyny bermek we geçirmek ýeriň maksatly niýetlenilişini hasaba almak bilen amala aşyrylýar.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda)

 

25-nji madda. Şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri üçin Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýer böleklerini bermek

 

1. Daýhan birleşikleriniň agzalarynyň, beýleki oba hojalyk we tokaý hojalyk kärhanalarynyň işgärleriniň maşgalalaryna, şeýle hem mugallymlaryň, lukmanlaryň we işi oba ilatyna hyzmat etmek bilen baglanyşykly beýleki hünärmenleriň maşgalalaryna, şol hojalyklarda işläp, soň gös-göni pensiýa çykan pensionerleriň maşgalalaryna we oba ýerinde ýaşaýan maýyplara, ýaşaýyş jaýynyň we hojalyk desgalarynyň tutýan meýdanyny goşmak bilen 0,16 gektara çenli möçberde satmak, çalyşmak, peşgeş bermek, girewe goýmak hukugyny bermezden, ýer we suw serişdelerini hasaba almak bilen şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin mellek ýeri mirasa goýmak hukugy bilen hususy eýeçilige berilýär.

2. Gür ilatly, ýer we suw serişdeleriniň çäkli etraplarynda (şäherlerinde) ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, degişli welaýatyň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň çözgüdi esasynda şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak üçin kesgitlenilen möçberden az, ýöne her maşgala 0.12 gektardan az bolmadyk şerti bilen ýer bölekleri berlip bilner.

3. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen, mirasa bermek hukugy bilen hususy eýeçilige mellek ýeri almaga mätäç maşgalalar, öz ýaşaýan ýerindäki geňeşe arza berýärler.

4. Mellek ýeri, Türkmenistanyň hukuk namalarynda bellenilen tertipde, şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak, ýaşaýyş jaýyny we hojalyk desgalaryny gurmak üçin peýdalanylýar.

(2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., №__, ___-njy  madda)

 

26-njy madda. Özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýer böleklerini bermek

 

Şäherlerde we şäherçelerde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna, mirasa goýmak hukugy bilen hususy eýeçilige özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak we oňa hyzmat etmek üçin 0,10 gektara çenli möçberde, ýer serişdelerini hasaba almak bilen, satmak, çalyşmak, peşgeş bermek, girewe goýmak hukugyny bermezden, ýer bölekleri ýörite ýer gaznasyndan berilýär.

 

27-nji madda. Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin kärendeçilere-Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige ýer böleklerini bermek

 

Öz hususy tehnikalary we serişdeleri bilen 10 ýylyň dowamynda kärendä alan ýerlerinden netijeli peýdalanyp oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almagy  üpjün eden kärendeçilere - Türkmenistanyň raýatlaryna, öň olar tarapyndan uzak möhletli kärende şertlerinde peýdalanýan daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden Türkmenistanyň Prezidentiniň kararynyň esasynda 3 gektara çenli ýer bölekleri oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin hususy eýeçilige berlip bilner.

 

28-nji madda. Ýer bölekleriniň eýeleriniň hukuklary

 

Türkmenistanyň raýatlarynyň -ýer bölekleriniň eýeleriniň şu aşakdaky hukuklary bardyr:

- ýer böleginde hojalygy onuň maksatlaýyn niýetlenilişine laýyklykda özbaşdak alyp barmaga;

- oba hojalyk ekinlerine we agaçlara, öndüren oba hojalyk önümine we ony ýerlemekden alnan girdejilere bolan eýeçilige;

- ýer bölegindäki umumy ýaýran ýerasty baýlyklardan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hojalygyň hajatlary üçin peýdalanmaga;

- suwaryş, agrotehniki we melioratiw işleri geçirmäge;

- oba hojalyk ekinlerini, baglary suwarmak we beýleki maksatlar üçin suwaryş çeşmelerinden bellenilen çäklere laýyklykda suw almaga;

- ýer bölekleriniň maksatly niýetlenilişine laýyklykda ýaşaýyş jaýlaryny, önümçilik, durmuş we gaýry desgalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bina etmäge, şeýle hem olaryň durkunyň täzelenmegini we ýykylyp aýrylmagyny amala aşyrmaga;

- ýerler döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin yzyna alnan halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýetirilen zyýanyň  öwezini almaga;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklara.

 

29-njy madda. Ýer bölekleriniň eýeleriniň borçlary

 

Türkmenistanyň raýatlary -ýer bölekleriniň eýeleri şu aşakdakylara borçludyrlar:

- maksatly niýetlenilişine laýyklykda ýerden rejeli peýdalanmaga, topragyň mesligini ýokarlandyrmaga, tebigaty goraýyş çärelerini amala aşyrmaga, öz hojalyk işi netijesinde ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna we tebigy serişdeleriniň azalmagyna ýol bermezlige;

- ýerleri goramak boýunça şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň toplumyny amala aşyrmaga;

- ýer üçin tölegi öz wagtynda tölemäge;

- beýleki ýer bölekleriniň eýeleriniň, şeýle hem ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny bozmazlyga;

- degişli döwlet edaralaryna, olaryň bellän görnüşinde, ýerleriň ýagdaýy we peýdalanylyşy baradaky maglumatlary öz wagtynda bermäge;

- beýleki ýer bölekleriniň eýelerine, şeýle hem ýerden peýdalanyjylara we ýer kärendeçilerine ýetirilen zyýanyň öwezini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolmaga;

- ýer böleklerini abadanlaşdyrmak we gür baglyga öwürmek, bar bolan agaçlary abat saklamak hem-de idetmek boýunça bellenilen kadalara laýyklykda zerur işleri geçirmäge;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki borçlary çekmäge.

 

30-njy madda. Ýer böleklerine  hususy eýeçilik hukugynyň bes  edilmegi

 

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň ýer böleklerine hususy eýeçilik hukugy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

- ýer böleginden meýletin ýüz dönderilende;

- ýerler öz maksatly niýetlenilişinden başga maksat üçin peýdalanylanda;

- ýer böleginden rejesiz peýdalanylanda;

- ýer bölegi topragyň mesliginiň peselmegine, onuň hapalanmagyna we tebigy serişdeleriň ýaramazlaşmagyna we azalmagyna getirýän usullar bilen peýdalanylanda;

- eýeçilikde durýan ýerlerden oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin iki ýylyň dowamynda, şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak - mellek ýer bölegi we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin bäş ýylyň dowamynda peýdalanylmadyk halatynda;

- eýeçilikde durýan ýer babatda kanuna garşy gelýän geleşikler baglaşylanda;

- hojalyk işiniň netijesinde ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagynda;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýer bölekleri döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin yzyna alnanda;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki halatlarda;

- ýer bölegine eýeçilik hukugy mirasa geçende mirasdüşerleriň hiç biri hojalygy alyp barmak islemese, onda olar bu ýer bölegine eýeçilik hukugyny ýitirýärler.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň hususy eýeçiligindäki ýer bölegi döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin aşakdakylar bilen baglanşykly aýratyn halatlarda yzyna alnyp bilner:

-halkara borçnamalary ýerine ýetirilende;

-ýerler goranmak we döwlet howpsyzlygy, aýratyn goralýan tebigy meýdanlar, sagaldyş, dynç alyş we taryhy-medeni hajatlar üçin berlende;

-ýer böleginde ýerasty baýlyklaryň ýataklary (umumy ýaýranlaryndan başga) ýüze çykarylanda;

-awtomobil we demir ýollar, tok geçiriji, aragatnaşyk we uly turba geçiriji ulgamlar, şeýle hem döwlet ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygynda, şol desgalary ýerleşdirmegiň başga mümkinçiligi bolmadyk halatynda;

-heläkçilige getirjek howply we köne ýaşaýyş jaýlary ýykylyp aýrylanda;

-Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanan şäher gurluşyk we ýer gurluşyk resminamalary şäherleriň  we beýleki ilatly ýerleriň baş meýilnamalary, çäklerini zolaklaşdyryş taslamalary we beýleki resminamalar amala aşyrylanda;

-Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ýagdaýlarda.

3. Ýere hususy eýeçilik hukugynyň bes edilmegi şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilýän tertipde geçirilýär.

4. Ýere hususy eýeçilik hukugynyň bes edilmegi baradaky çözgüt kazyýete şikaýat edilip bilner.

5. Ýere hususy eýeçilik hukugynyň ýatyrylmagy, Türkmenistanyň raýatlaryny hasyly ýygnamak hukugyndan mahrum etmeýär we ýeriň hilini abat saklamak borçlaryndan olary  boşatmaýar.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda)

 

VI bap. Ýerden peýdalanmak

 

31-nji madda. Ýerleri peýdalanmaga bermek

 

1. Ýerler Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, hojalygy alyp barmagyň görnüşlerine garamazdan, şu bitewi Kanunyň 18-nji we 19-njy maddalarynda görkezilen maksatlar üçin we tertipde, Türkmenistanyň raýatlaryna ýerleri hususy eýeçilige berilmeginden beýleki halatlarda, peýdalanmaga berlip bilner.

2. Ýerler hemişelik (möhlet bellenilmezden) we wagtlaýyn (möhlet bellenilip) peýdalanmaga berlip bilner.

 

32-nji madda. Ýerden peýdalanmak  hukugynyň ýüze çykmagy

 

1. Ýerden peýdalanmak hukugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şu aşakdaky halatlarda ýüze çykýar:

- ýerler peýdalanmaga berlende;

- ýerden peýdalanmak hukugy başga birine geçirilende;

- ýerden peýdalanmak hukugy miras düşerlik tertibinde geçende;

- raýat-hukuk geleşikleri baglaşylanda;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslarda.

2. Ýerden peýdalanmak hukugynyň berilmegi, başga birine geçirilmegi we bu hukugyň geçmegi ýerleriň maksatly niýetlenilişini hasaba almak bilen amala aşyrylmalydyr.

 

33-nji madda. Ýer böleklerden gözleg işleri üçin  peýdalanmak

 

Geologiýa-surata düşürmek, agtaryş, topografik-geodezik we beýleki gözleg işlerini amala aşyrmak üstüne ýüklenen Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary, bu işleri ýer böleklerini yzyna almazdan, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ähli ýerlerde geçirip bilerler. Işleri geçirmegiň başlanýan möhletleri we ýeri, ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri, şeýle hem ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasy bilen ylalaşylýar.

 

34-nji madda. Gözleg işleri üçin ýer bölegini wagtlaýyn eýelemäge rugsatnama almak

 

1. Gözleg işleri üçin ýer bölegini wagtlaýyn eýelemäge rugsatnama almak üçin, şol işi amala aşyrmak üstüne ýüklenen Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary, soralýan ýeriň ýerleşýän ýerindäki ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasyna gözleg işiniň çyzgysynyň nusgasy, şeýle hem döwlet geodeziýa gözegçiligi, geologiýa gullugy we beýleki edaralaryň netijenamasy goşulan ýa-da şol işi geçirmegiň bellenilen tertibine laýyklykda ýazmaça haýyşnama bilen ýüz tutýarlar.

2. Ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy soralýan ýer böleklerinde, gözleg işleri geçirmek mümkinçiligi baradaky meseläni çözýär we ýer böleginiň eýesiniň, ýerden peýdalanyjynyň ýa-da ýer kärendeçisiniň razylygy bilen bir ýyldan köp bolmadyk möhlete  degişli rugsatnama berýär.

3. Ýörite maksatly, şeýle hem aýratyn goralýan tebigy, sagaldyş we taryhy-medeni desgalaryň, ylmy - barlag edaralarynyň we okuw mekdepleriniň tejribe meýdanlarynyň, tokaýlaryň birinji toparynyň ýerlerinde gözleg işleri diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň rugsady bilen geçirlip bilner.

 

35-nji madda. Gözleg işleri üçin ýer böleklerini peýdalanýan Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplarynyň hukuklary

 

Ýer böleklerinde gözleg işlerini geçirýän Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplarynyň aşakdaky hukuklary bardyr:

- meýilnamalarda göz öňüne tutulan, rugsatnama alnan işleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirmäge;

- önümçilik, ýaşaýyş jaý we medeni-hojalyk hajatlary üçin wagtlaýyn görnüşli desgalary we gurluşyklary gurmaga;

- ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri bilen ylalaşylyp, hemişelik görnüşli geodezik belgileri  oturtmaga;

- ýer bölegindäki umumy ýaýran ýerasty baýlyklardan öz hajatlary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde peýdalanmaga.

 

36-njy madda. Gözleg işleri üçin ýer böleklerinden peýdalanýan Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplarynyň borçlary

 

Gözleg işlerini geçirýän Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary aşakdakylara borçludyr:

- eýeleýän ýer böleklerini öz hasabyna işiň dowamynda, eger mümkinçiligi bolmadyk halatynda, iş tamamlanandan soň-bir aýdan gijä goýman, niýetlenilişine görä peýdalanar ýaly ýagdaýa getirmäge;

- ekinleriň, agaçlaryň, tebigy zatlaryň, şeýle hem suw geçirijileriň, gaz geçirijileriň, lagymlaryň, melioratiw ulgamlaryň we beýleki desgalaryň abat saklanmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri geçirmäge;

- gözleg işleri geçirilende, ýer eýelerine, ýerden peýdalanyjylara we ýer kärendeçilerine ýetirilen zyýanyň hem-de oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öwezini dolmaga.

 

37-nji madda. Gulluk ýer paýy

 

1. Gulluk ýer paýy ulag, aragatnaşyk, radio-telewideniýe, goraghana, tokaý, suw, balykçylyk hojalyklarynyň, şeýle hem beýleki käbir pudaklaryň aýry - aýry işgärleriniň toparlarynyň maşgalalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýär.

2. Gulluk ýer paýy Türkmenistanyň edara görnüşdäki taraplarynyň peýdalanmagynda durýan, gulluk ýer paýyna hukugy bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň işleýän ýerindäki ýerlerden 0,10 gektara çenli möçberde  berilýär.

3. Gulluk ýer paýyna hukugy bolan işgärleriň toparlarynyň sanawy we ony peýdalanmaga bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

38-nji madda. Ýerden peýdalanyjylaryň hukuklary

 

Ýerden peýdalanyjylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

- ýerden maksatly niýetlenilişine laýyklykda peýdalanyp, onda hojalygy özbaşdak alyp barmaga;

- oba hojalyk ekinlerine we agaçlaryna, öndürilen oba hojalyk önümlerine hem-de olary ýerleşdirmekden gelen girdejilere eýeçilik etmäge;

- ýer böleginde bar bolan  umumy ýaýran ýerasty baýlyklardan öz hojalygynyň hajatlary üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde peýdalanmaga;

- ýer bölegi döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin yzyna alnanda ýetirlen ýitgileriň öwezini almaga;

- ýer böleginde maksatly niýetlenilişine garşy gelmeýän ýaşaýyş, jaýlary, önümçilik, durmuş we gaýry desgalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gurmaga;

- ýörite talaplara laýyklykda suwaryş we gaýry melioratiw işleri geçirmäge;

- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklara.

 

39-njy madda. Ýerden peýdalanyjylaryň borçlary

 

Ýerden peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:

- ýerden maksatly niýetlenilişine we onuň berliş şertlerine laýyklykda peýdalanmaga;

-  özlerine berlen ýerlerden netijeli we rejeli peýdalanmagy üpjün etmäge;

-  ýer üçin tölegi öz wagtynda tölemäge;

- önümçiligiň ekologik, sanitariýa we beýleki talaplaryna laýyk gelýän tilsimatlaryny ulanmaga, şeýle hem öz hojalyk işinde bellenilen gurluşyk we beýleki kadalary we düzgünleri berjaý etmäge;

- ýerleri goramak boýunça şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň toplumyny amala aşyrmaga;

- suwüsti desgalaryna galtaşýan ýer böleklerinde gämi gatnawyny gurnamak we beýleki hajatlary üçin suw desgalaryny we olaryň kenar ýakalaryny peýdalanmaga päsgel bermezlige;

- ýerleriň ýagdaýy we olardan peýdalanylyşy barada maglumatlary degişli döwlet edaralaryna öz wagtynda bermäge;

- beýleki ýerden peýdalanyjylaryň, ýer eýeleriniň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny bozmazlyga;

- şäherleriň häkimlikleri we geňeşleri tarapyndan bellenilýän kadalara laýyklykda öz çäklerinde abadanlaşdyryş we gür baglyga öwürmek, agaçlary abat saklamak boýunça zerur işleri geçirmäge;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlary çekmäge.

 

 40-njy madda. Ýerden peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi

 

1. Ýerden peýdalanmak hukugy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

- ýerden peýdalanyjy ýerden peýdalanmakdan ýüz dönderende;

- ýer böleginiň berlen möhleti gutaranda;

- ýerden maksatly niýetlenilişi boýunça däl-de, başga maksat üçin peýdalanylanda;

- Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplary ýatyrylanda, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary ýa-da edara görnüşindäki taraplary batyp galanda;

- gulluk ýer paýyny bermek bilen baglanyşykly zähmet gatnaşyklary bes edilende;

- ýerden peýdalanmak hukugy bellenilen tertipde Türkmenistanyň başga taraplaryna berlende;

- hojalyk işiniň netijesinde ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagynda;

- ýerden wagtlaýyn peýdalanmak möhletinden öň bes edilende;

- ýer böleginden topragyň mesliginiň peselmegine, tebigy serişdeleriň hapalanmagyna we azalmagyna getirýän usullar bilen peýdalanylanda;

- iki ýylyň dowamynda berlen ýer böleginden  peýdalanylmadyk halatynda;

- döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin, şeýle hem şu bitewi Kanunda göz öňüne tutulan beýleki halatlarda ýerler yzyna alnanda.

2. Ýerden peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda kesgitlenilen tertipde geçirilýär.

3. Ýerden peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi baradaky karar kazyýete şikaýat edilip bilner.

4. Ýerden peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi, ýerden peýdalanyjyny hasyly ýygnamaga bolan hukukdan mahrum etmeýär we ony ýeriň hilini abat saklamak  borçlaryndan boşatmaýar.  

 

41-nji madda. Kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak barada (serwitut) düşünje

 

1. Ýer bölegi, başga bir ýer böleginiň (agalyk ediji ýer bölegi) eýesiniň peýdasyna borçly edilip bilner, şunda ol agalyk ediji ýer böleginiň eýesiniň keseki ýer bölegini belli bir halatlarda peýdalanmak hukugy bolar ýaly ýa-da keseki ýer böleginde belli bir hereketler edilip bilner ýaly, ýa-da borçly edilen ýer bölegine bolan eýeçilik hukugyndan gelip çykýan hukugy agalyk ediji ýer bölegi barasynda ulanyp bolmaz ýaly edilip berilmelidir (serwitut).

2. Taraplar wagtal-wagtal tölegler görnüşinde hak tölemek barada ylalaşyp bilerler.

 

42-nji madda. Kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak (serwitut) şertleri

 

1. Serwitut ýer böleginden peýdalanylan mahalynda ygtyýarly şahsy adama diňe artykmaçlyk berip biljek derejede bolup biler. Serwitutyň mazmuny, ygtyýarly tarapa bellenilen çäklerden çykyp bilmez.

2. Serwitut amala aşyrylan mahalynda ygtyýarly tarapa borçly edilen ýer böleginiň eýesiniň we ýerden peýdalanyjynyň bähbitlerini berjaý etmelidir.

 

43-nji madda. Kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak hukugy (serwitut)

 

1. Döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri göz öňünde tutulyp, zerur bolan halatlarda kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak hukugy (serwitut) bellenip bilner:

- umumy peýdalanylýan desgalara ýer böleginiň üstünden pyýada ýa-da ulagly geçmek;

- ýer böleginden mal sürüp geçirmek;

- gözleg, barlag we beýleki işleri geçirmek;

- suw almak we suwa ýakmak;

- inženerçilik, jemagat, suwaryş, elektrik we beýleki ulgamlary, turba geçirijileri we ulag desgalaryny geçirmek we abatlamak;

- kenarýaka zolaga barmak;

- ýer böleginde tebigaty goraýyş desgalaryny döretmek;

- Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak hukugy, (serwitut) ýer meseleleri baradaky etrabyň (şäheriň), welaýatyň, Aşgabat şäheriniň toparlarynyň ýazyp bermeginiň esasynda, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bellenilýär.

3. Kesekiniň ýer böleginden çäklendirilen peýdalanmak hukugy (serwitut), ony bellemegiň esaslary ýatyrylan halatynda bes edilip bilner.

4. Serwitut ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

 

VII bap. Ýerleriň kärendesi

 

44-nji madda. Ýerleriň kärendesi we kärendeçiler

 

1. Ýerleriň kärendesi ýerden şertnama esaslanan möhletli muzdly peýdalanmakdyr.

2. Şahsy adamlar, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary ýerleriň kärendeçileri bolup bilerler.

3. Kärendeçiniň we kärendä berijiniň hukuklary we borçlary, şeýle hem ýerlere kärende hukugynyň ýüze çykmagynyň we bes edilmeginiň esaslary kärende şertnamasynyň şertleri bilen kesgitlenilýär.

4. Ýer bölekleri kärende şertnamasy boýunça, hojalykda ulanmak üçin zerur ýaşaýyş jaýlary we hojalyk desgalary bilen ýa-da olarsyz berlip bilner.

5. Ýer bölekleri gurluşyk we beýleki oba hojalyk däl hajatlary üçin 40 ýyla çenli möhlet bilen kärendesine berilýär. Wagtlaýyn söwda we durmuş nokatlary, ammarlary, awtoduralgalary we beýleki desgalary ýerleşdirmek üçin - 5 ýyla çenli möhlet bilen.

6.   Oba hojalyk däl maksatlar üçin ýerleriň kärende şertnamasynyň bir ülňüdäki görnüşi we ony baglaşmagyň tertibi ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanylýar.

7. Oba hojalyk däl maksatlar üçin ýerleriň kärende şertnamasyny bellige almak we kärende ýer böleginiň araçägini ýerinde bellemek ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan  amala aşyrylýar.

(2007- nji ýylyň 30-njy martyndaky we 1-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda; № 4,68-nji madda)

 

45-nji madda. Ýerleri kärendä berijiler

 

1. Şu bitewi Kanunda bellenilen tertibe laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýar berlen döwlet dolandyryş edarasy daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerlerinden başga  Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýerleri kärendä beriji bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýa-da ol tarapyndan ygtyýarly edilen edara ýerleri daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna kärendä beriji bolup durýar.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda)

 

46-njy madda. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerlerini uzak möhletli kärendesine bermek

 

1. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendä 10 ýyl we ondan köp möhlet bilen şol hojalyklaryň agzalarynyň, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçileriň birleşiklerine we daýhan hojalyklaryna şu aşakdakylary hasaba almak bilen berilýär:

-  ýer we suw serişdeleriniň möçberini;

- zähmete ukyply bir adama düşýän paý böleginiň ortaça meýdanyny;

- ýer  bölekleriniň ýerleşýän ýerini;

- ekin meýdanlarynyň (atyzlaryň) bitewligini saklamak bilen suwarymly ýerleri 200 ga çenli möçberde kärendesine bermegi;

- kärendeçileriň (hojalygyň agzalarynyň, kärendeçileriň birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň) kärendä alnan ýerleri işläp bejermäge bolan mümkinçiliklerini;

- ekin dolanyşyk ülňüleriniň berjaý edilmegini, topragyň abat saklanylmagyny we onuň mesliginiň ýokarlandyrylmagyny;

- kärende şertnamasyna laýyklykda oba hojalyk önümlerini öndürmegiň üpjün edilmegini;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

2. Suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendesine almaga isleg bildirýän daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň agzalary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, kärendeçileriň birleşikleri we daýhan hojalyklary bu barada daýhan birleşigine we beýleki oba hojalyk kärhanasyna ýüz tutýarlar.

3. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendä, olary hökmany suratda maksatly niýetlenilişi boýunça peýdalanmak üçin berilýär.

Kärendä berlip, bir ýylyň dowamynda kärendeçiniň günäsi bilen peýdalanylmadyk ýer bölekleri dolulygyna ýa-da bölekleýin yzyna alynmaga degişlidir. Ýer bölegini  yzyna almak we ony başga bir kärendeçä bermek şu bitewi Kanunda bellenilen tertipde geçirilýär.

4. Her daýhan birleşigi we beýleki oba hojalyk kärhanasy boýunça uzak möhletli kärendä berilýän ýer bölekleriniň möçberleri ýer we suw serişdeleriniň möçberlerine, ýerleriň ýerleşýän ýerine we oba hojalyk önümçiligine gatnaşmaga isleg bildirýän kärendeçileriň sanyna baglylykda kesgitlenilýär.

5. Suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendä bermek daýhan birleşiginiň we beýleki oba hojalyk kärhanasynyň Toparynyň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda)

 

47-nji madda. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk önümçiligi bilen baglaşykly bolmadyk maksatlar üçin ýerleri kärendä bermek

 

1. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna wagtlaýyn dükançalary, ulag duralgalaryny, ulag jaýlaryny, ammarlary, ussahanalary we beýleki wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek üçin ýer bölekleri etrabyň (şäheriň), welaýatyň we Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň çözgüdi boýunça berilýär.

2. Kärendä berlen ýer böleklerini resmileşdirmek, olaryň çäklerini bellemek, kärende şertnamalaryny bellige almak ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan şu bitewi Kanuna laýyklykda geçirilýär.

 

48-nji madda. Daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, daşary ýurt  döwletlerine we halkara guramalaryna ýerleri kärendä bermek

 

1. Daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna şu aşakdaky maksatlar üçin ýer kärendesine berilýär:

- gurluşyk we beýleki oba hojalyk däl hajatlar;

- söwda we durmuş nokatlaryny, ammarlary, ulag duralgalaryny we beýleki wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek.

Ýerler görkezilen taraplara diňe kärendesine we Türkmenistanyň Prezidentiniň karary boýunça berilýär.

2. Kärendä alnan ýer bölegini resmileşdirmek, onuň araçägini ýerinde bellemek we kärende şertnamalaryny bellige almak ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

49-njy madda. Ýer kärende şertnamasyny kärendä berijiniň haýyşy boýunça möhletinden öň ýatyrmak

 

1. Kärendä beriji ýerleriň kärende şertnamasynyň möhletinden öň ýatyrylmagyny şu aşakdaky halatlarda talap edip biler:

- kärende şertleri berjaý edilmese;

- ýer kanunçylygyny bozmak bilen ýerlerden peýdalanylanda;

- kärendä alnan ýeriň hili bilkastdan ýaramazlaşdyrylanda;

- hojalyk işiniň netijesinde ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagynda;

- kärende tölegi, tölemeli wagty geçenden soň, 30 günüň dowamynda geçirilmese, ol ýeňillikli 30 gün möhlet hem kärendäniň ähli dowamynda diňe bir gezek geçirmek şertlerinde berilýär, eger wagtynda tölemezlik gaýtalansa, bu kärende ýeri möhletinden öň ýatyrmaklyga esas bolýar;

- ýerler kärendä berlen pursatyndan başlap, bir ýylyň  dowamynda peýdalanylmasa, eger şertnama başga ýagdaýy göz öňünde tutmaýan bolsa;

- kärendä alnan ýerlerde rugsat edilmedik desgalar gurlanda;

- kärendesine alnan ýerler garaşly kärendä berlende;

- şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Eger şertnama başga ýagdaýy göz öňünde tutmaýan bolsa, kärendä beriji kärende şertnamasyny, möhletinden öň, bu barada kärendeçini iň azyndan 3 aý öň ýazmaça görnüşde habarly edenden soň bozup biler.

 

50-nji madda. Ýer kärende şertnamasyny kärendeçiniň haýyşy boýunça möhletinden öň ýatyrmak

 

1. Kärendeçi ýer kärende şertnamasyny möhletinden öň ýatyrmak barada şu aşakdaky halatlarda haýyş edip biler:

- kärendä beriji şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmese;

- eger kärende şertnamasy başga ýagdaýy göz öňünde tutmaýan bolsa, adatdan daşary ýagdaýlary hasaba almazdan, kärendeçiniň ýeri peýdalanmaga mümkinçiligi bolmasa.

 - şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

2. Eger şertnama başga ýagdaýy göz öňünde tutmaýan bolsa, kärendeçi kärende şertnamasyny möhletinden öň, haçanda bu barada kärendä berijini hasyl ýygnalmazyndan 3 aýdan gijä goýman ýazmaça görnüşde habarly edenden soň bozup biler.

 

51-nji madda. Garaşly kärende

 

Ýerleriň garaşly kärendä berilmegi gadagan edilýär.

 

VIII bap. Ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklaryny goramak

 

52-nji madda. Ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň  hukuklaryny goramak

 

1. Ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň işine döwlet, hojalyk we beýleki edaralar, guramalar, şeýle hem olaryň wezipeli adamlary tarapyndan goşulmak gadagan edilýär, Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulan halatlary muňa girmeýär.

2. Ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň bozulan hukuklary, şu bitewi Kanun we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda göz öňünde tutulan tertipde, dikeldilmäge degişlidir.

3. Şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna berlen ýer böleklerini döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin yzyna almak, olaryň islegi boýunça, deň derejedäki ýer bölegi berlenden we täze ýerde ýaşaýyş jaýlary, önümçilik we beýleki desgalary ýykylyp aýrylýanlarynyň deregine gurlandan soň, geçirilip bilner.

Gurluşyk bilen baglanyşykly çykdajylaryň, şeýle hem beýleki zyýanyň öwezini dolmak ýer bölegi bölünip berilýän  şahsy adamlar, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň we edara görnüşindäki taraplary şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

 

53-nji madda. Ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklarynyň çäklendirilmegi

 

1. Döwletiň, tebigy gurşawy goramagyň, inženerçilik desgalaryny gurmagyň we ulanmagyň bähbitleri üçin, şeýle hem döwletiň we Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklary, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda, çäklendirilip bilner.

2. Döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerinden ugur alyp, ýer böleklerini satyn almak-satmak, çalyşmak, peşgeş bermek we girewe goýmak gadagan edilýär.

3. Ýer bölegine eýeçilik, ýerden peýdalanmak we ýer kärende hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilýänçä senagat, ulag, aragatnaşyk we gaýry maksatly desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmäge ýol berilmeýär.

 

54-nji madda. Ýer böleklerinden peýdalanmak hukugynyň geçmegi

 

1. Döwlet eýeçiligindäki desgalar döwlet eýeçiliginden aýrylanda we hususylaşdyrylanda, şeýle hem desgalar  başgaça satyn alnanda-satylanda, ýer gatnaşyklary babatdaky hukuklar we borçlar, şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki namalaryna laýyklykda, satyn alyja geçýär.

2. Ýer bölegine eýeçilik hukugynyň ýa-da ýerden peýdalanmak hukugynyň geçmegini resmileşdirmek, şeýle hem degişli resminamalary bermek, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan ýer bölekleriniň eýeleriniň we ýerden peýdalanyjylaryň hasabyna amala aşyrylýar.

 

IX bap. Ýer üçin töleg

 

55-nji madda. Ýer üçin töleg

 

1. Türkmenistanda ýerler tölegli esasda peýdalanylýar. Ýerlerden peýdalanylmagy üçin tölegiň görnüşleri ýer üçin töleg we kärende tölegidir.

2. Ýer üçin töleg Türkmenistanyň raýatlarynyň eýeçiliginde, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň we edara görnüşindäki taraplarynyň peýdalanmagynda durýan ýerler üçin alynýar.

Ýer üçin tölegiň möçberleri, ony hasaplamagyň we tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan  bellenilýär.

3. Kärende tölegi şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna kärendesine berlen ýerler üçin alynýar.

Ýer üçin kärende töleginiň möçberini kesgitlemegiň tertibi, ony tölemegiň şertleri we möhletleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

4. Şahsy adamlaryň we edara görnüşindäki taraplaryň ýer üçin tölegini we kärende tölegini tölemek boýunça ýeňillikler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

56-njy madda. Ýer üçin tölegden we ýer üçin kärende töleginden alynýan serişdeleri peýdalanmak

 

Ýer üçin tölegden we ýer üçin kärende töleginden gelýän serişdeler ýer bölekleriniň ýerleşýän ýeri boýunça degişli ýerli býujetlere geçirilýär.

Geçirilýän serişdeleriň möçberleri we olary peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

X bap. Oba hojalyk maksatly ýerler

 

57-nji madda. Oba hojalyk maksatly ýerler we olaryň düzümi

 

1. Oba hojalyk maksatly ýerlere oba hojalyk hajatlary üçin berlen we şu maksatlar üçin göz öňünde tutulan ýerler degişlidir.

2. Oba hojalyk maksatly ýerleriň düzüminde, oba hojalygyny ýöretmek üçin zerur bolan oba hojalyk ýerleri, mellek ýerleri we melioratiw gurluşygy geçirilýän ýerler, tokaýlaryň we içerki hojalyk ýollarynyň, beýleki ulgamlaryň, ýapyk suw howdanlarynyň, melioratiw ulgamynyň, jaýlaryň (gurluşyklaryň), desgalaryň we beýleki ýerleriň tutýan ýerleri, şeýle hem gaýry ýerler tapawutlandyrylýar.

3. Oba hojalygynda peýdalanylýan ýerlere şu aşakdakylar degişlidir:

- sürülýän ýerler - yzygiderli işlenip bejerilýän we oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin peýdalanylýan suwarymly we düme ýerler;

- boz ýerler - öň sürülýän ýerleriň düzüminde bolup, bir ýyldan köp oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin peýdalanylmaýan oba hojalygyna niýetlenen ýerler;

- köp ýyllyk agaçlar - baglaryň, üzümleriň, tutlaryň, nahalhanalaryň, we beýleki agaçlaryň tutýan oba hojalyk ýerleri;

- öri meýdanlary - mal bakmak üçin peýdalanylýan oba hojalyk ýerleri;

- ot ýatyrylýan ýerler - ot ýatyrmak üçin peýdalanylýan oba hojalyk ýerleri.

4. Oba hojalyk maksatly ýerleri oba hojalyk hajatlary däl  ýerleriň beýleki toparlaryna geçirmeklige, şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryna laýyklykda, aýratyn halatlarda ýol berilýär.

 

58-nji madda. Suwarymly ýerler

 

1. Suwarymly ýerlere, suw serişdeleri bu ýerleriň suwarylmagyny üpjün edýän suwaryş çeşmeleri bilen bagly hemişelik ýa-da wagtlaýyn suwaryş ulgamlary bolan sürülýän ýerler we suwarymly tokaýlary hem-de gorag tokaý zolaklaryny goşmak bilen köp ýyllyk agaçlar üçin peýdalanylýan ýerler degişlidir.

2. Suwarymly ýerler aýratyn goralmaga degişlidir. Bu ýerleri suwarylmaýan ýerlere geçirmek, aýratyn halatlarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary boýunça geçirilýär.

3. Suwarymly ýerlerden peýdalanyjylar, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde, çeşmeleriň suwlulygyny nazara almak bilen bellenilen çäklere laýyklykda, suwaryş suwy bilen üpjün edilmelidir.

 

59-njy madda. Öri meýdanlary

 

1. Öri meýdanlary şu aşakdakylar boýunça bölünýär:

- ýerleşýän ýeri - çöl, dag etek we dag örüleri;

- peýdalanmagyň häsiýeti - ýylyň dowamynda we möwsümleýin;

- suw çeşmeleri bilen üpjünçilik derejesi-suwlulandyrylan we suwlulandyrylmadyk;

- peýdalanmagyň görnüşi-örülerdäki we suwarymly ekerançylyk zolagynda ýerleşen.

2. Öri meýdanlary döwlet goragyna degişlidir.

 

60-njy madda. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk maksatly ýerleri bermek

 

Oba hojalyk maksatly ýerler şu aşakdakylar üçin berilýär:

-Türkmenistanyň raýatlaryna ‒ şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak, gulluk ýer paýy we oba hojalyk önümçiligini alyp barmak, şeýle hem mal bakmak we ot ýatyrmak;

- daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine,  daýhan hojalyklaryna we  Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalygyny alyp barmak;

- ylmy-barlag, okuw, tohumçylyk hojalyklaryna we umumy bilim berýän mekdeplere - barlag, okuw maksatlary, öňdebaryjy tejribäni wagyz etmek we tohumçylygy ösdürmek hem-de oba hojalygyny alyp barmak;

- Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna - kömekçi oba hojalygyny alyp barmak.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 37-nji madda)

 

61-nji madda. Türkmenistanyň raýatlaryna oba hojalyk maksatly ýerleri bermek

 

Türkmenistanyň raýatlaryna oba hojalyk maksatly ýerler şahsy kömekçi hojalygyny we oba hojalyk önümçiligini alyp barmak, şeýle hem mal bakmak we ot ýatyrmak üçin şu bitewi Kanuna laýyklykda berilýär.

(2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 37-nji madda)

 

62-nji madda. Daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk maksatly ýerleri bermek

 

1. Daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk maksatly ýerler oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin peýdalanmaga berilýär.

2. Täze döredilýän daýhan birleşikleriniň, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň, Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplarynyň ýerden peýdalanmak hukugyny resmileşdirmek we şol hukugyň bes edilmegi, olary döretmek, üýtgedip gurmak ýa-da ýatyrmak baradaky kararlar bellenilen tertipde kabul edilenden soň, geçirilýär.

3. Oba hojalyk maksatly ýerleri daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplaryna peýdalanmaga bermek, olaryň hojalyk işi üçin amatly çäklerde geçirilýär.

 Daýhan birleşikleriniň, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplarynyň ýerden peýdalanmagynda pytraňňylyga, pahnalamaklyga we beýleki kemçiliklere umuman ýol berilmeýär.

4. Daýhan birleşikleriniň, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk edara görnüşindäki taraplarynyň ýerden peýdalanmagynda pytraňňylygy, pahnalamaklygy we beýleki kemçilikleri aradan aýyrmak hojalygara ýer gurluşygy tertibinde geçirilýär.

 

63-nji madda. Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna kömekçi oba hojalygy alyp barmak üçin oba hojalyk maksatly ýerleri bermek

 

1. Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna öz işgärlerini, naharhanalary, çagalar edaralaryny, mekdepleri, hassahanalary, garrylar we maýyplar öýlerini, şypahanalary, dynç alyş öýlerini we beýleki durmuş maksatly edaralary oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegi gowulandyrmak, şeýle hem öz hajatlary üçin önümleri öndürmek maksatlary bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde oba hojalygynda peýdalanylmaýan ýerler, käbir halatlarda bolsa oba hojalyk maksatly ýerler kömekçi oba hojalygyny alyp barmak üçin hem berlip bilner.

2. Kömekçi oba hojalygynyň ýerlerini ikilenji peýdalanmaga we beýleki ýerden peýdalanyjylara kärendä bermek gadagandyr.

 

64-nji madda. Daýhan hojalyklaryna oba hojalyk maksatly ýerleri bermek

 

1. Daýhan hojalyklaryna oba hojalyk maksatly ýerler:

- daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden uzak möhletli kärendä;

- ýörite ýer gaznasyndan peýdalanmaga berilýär.

2. Daýhan hojalyklarynyň ýerden peýdalanmak hukugyny we ýere kärende hukugyny resmileşdirmek şu bitewi Kanuna laýyklykda geçirilýär.

3. Daýhan hojalygynyň ýerlerini ikilenji peýdalanmaga we kärendä bermek gadagan edilýär.

 

65-nji madda. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň oba hojalyk maksatly ýerlerinden peýdalanmak

 

1. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň oba hojalyk maksatly ýerleri oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin peýdalanylýar we uzak möhletli kärendä 10 ýyl we ondan köp möhlet bilen aşakdakylara kärendesine berlip bilner:

- olaryň agzalaryna;

- oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine;

-kärendeçileriň birleşiklerine;

-daýhan hojalyklaryna.

2. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň oba hojalyk maksatly ýerlerini olaryň agzalaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçileriň birleşiklerine we daýhan hojalyklaryna uzak möhletli kärendä bermek şu bitewi Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar. Uzak möhletli kärendä berilýän ýerleriň möçberi, ekin meýdanlarynyň bitewligini saklamagy hasaba alyp, şeýle hem kärendeçileriň ýerlerden bilelikde netijeli peýdalanmaklary üçin 200 gektara çenli möçberde berlip bilner.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda)

 

66-njy  madda. Öri meýdanlary bermek

 

1. Öri meýdanlary Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna mal bakmak üçin peýdalanmaga we kärendesine şu aşakdakylary hasaba almak bilen berilýär:

- öri meýdanlaryň ot-iým üpjünçiligini;

- mallaryň baş sanyny;

- öri meýdanlaryň suwlulandyrylyşyny.

2. Öri meýdanlaryndan peýdalanyjylar we kärendeçiler, olary abat saklamak we gowulandyrmak, ýel we suw eroziýasyna, çölleşmeklige garşy göreşmek, suw çeşmelerini gurmak we olaryň durkuny täzelemek, örüleri çalşyp peýdalanmagy berjaý etmek, şeýle hem öri meýdanlarynyň sandan çykarylmagyna ýol bermezlik boýunça çäreleri geçirmäge borçludyrlar.

3. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna öri meýdanlaryny mal bakmak üçin peýdalanmaga we kärendesine bermek, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde we şertlerde amala aşyrylýar.

4. Öri meýdanlaryny Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna bermekligi resmileşdirmek, şeýle hem  olaryň we etraplaryň arasynda örüleri gaýtadan bölmek, örüleri çalşyp peýdalanmagy girizmek, olary gowulandyrmak we suwlulandyrmak boýunça taslamalary düzmek, etraplaryň (şäherleriň) we welaýatlaryň  ýer meseleleri baradaky toparlarynyň  maldarçylyk babatdaky ýörite ygtyýarly edilen döwlet edarasy bilen ylalaşylan teklipleri boýunça, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan geçirilýär.

 

67-nji madda. Oba hojalyk maksatly ýerlerden peýdalanmak we olary goramak boýunça ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň borçlary

 

Oba hojalyk maksatly ýerlerden peýdalanýan ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri şu aşakdakylara borçludyrlar:

- ýerlerden rejeli peýdalanmak we topragyň mesligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga;

- ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanşyklaryny we ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy tilsimaty ornaşdyrmaga;

- sürülýän ýerleriň abat saklanmagyny we giňeldilmegini üpjün etmäge;

- ähli içerki hojalyk suwaryş we şor suw akabalarynyň ulgamyny we ondaky desgalary tehniki taýdan abat ýagdaýda saklamaga;

- topragyň mesliginiň peselmegine, suwarymly ýerleriň şorlaşmagyna we suw basmagyna, olaryň hapa-haşal otlara basdyrylmagyna, ýerleriň we suw çeşmeleriniň hapalanmagyna ýol bermezlige;

- ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna ýol bermezlige;

- ýerleriň çölleşmegine we öri meýdanlaryň sandan çykmagyna ýol bermezlige;

- şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryna laýyklykda ýerlerden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we olary goramak boýunça beýleki çäreleri geçirmäge.

 

XI bap. Tokaý gaznasynyň, suw gaznasynyň ýerleri

we döwlet ätiýaçlyk ýerleri

 

68-nji madda. Tokaý gaznasynyň ýerleri

 

1. Tokaý bilen örtülen we tokaý bilen örtülmedik, ýöne tokaý hojalygynyň hajatlary üçin niýetlenen ýerler tokaý gaznasynyň ýerlerine degişlidir.

2. Tokaý hojalygynyň hajatlary üçin ulanylmaýan ýerler oba hojalygyny alyp barmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna berlip bilner.

3. Tokaý gaznasynyň ýerlerinden peýdalanmak şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň tokaý kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

69-njy madda. Suw gaznasynyň ýerleri

 

1. Suw gaznasynyň ýerlerine, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna bölünip berlen, akýan suwlaryň (derýalaryň, kanallaryň, şor suw akabalarynyň we ş.m.) we suw hanalarynyň (kölleriň, suw howdanlaryň, Hazar deňziniň türkmen bölegi we ş.m.), gidrotehniki we beýleki suw hojalyk desgalarynyň tutýan ýerleri, şeýle hem suw desgalarynyň kenarlarynda zolaklar üçin berlen ýerler degişlidir.

2.  Derýalaryň, magistral kanallaryň we şor suw akabalarynyň, suw howdanlarynyň we beýleki suwly ýerleriň kenarýakalary, şeýle hem ilatyň içimlik we durmuş, bejeriş we medeni-sagaldyş hajatlary üçin suw gözbaşlarynyň kenarlary boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde, suw-gorag zolaklary we kenarýaka zolaklary bellenilýär.

3. Suw gaznasynyň ýerlerinden peýdalanmak şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň suw kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

70-nji madda. Suw gorag zolaklary, suw desgalarynyň kenarýaka suw gorag zolaklary

 

1. Akýan suwlaryň arnalaryna we suw hanalaryna ýanaşyk ýerler suw gorag zolagyna degişlidir.

2. Suw gorag zolagynyň düzümine derýalaryň arnasy, sekileri, erňekleri we esasy kenarlaryň uly ýapgytlary, şeýle hem derýalaryň jülgelerine gös-göni birigýän käller we jarlar girýärler. Suw gorag zolagynyň çäginde, akýan suwlaryň we suw hanalarynyň kenary boýunça, hojalyk işleri berk çäklendirilen ýer-suw gorag kenarýaka zolagy bölünýär.

3. Suw gorag we suw gorag kenarýaka zolaklarynyň araçägi, olaryň çägindäki hojalyk işleriniň tertibi we toprak gorag we suw gorag çäreleriniň düzümi suw gorag zolaklarynyň taslamasynda kesgitlenilýär. Suw gorag zolaklarynyň çägindäki ýerler hojalyk peýdalanylyşyndan alynmaýar, ýöne hojalyk işleriniň ýörite çäklendirmeleri bellenilýär.

4. Suw gorag kenarýaka zolaklarynyň araçäkleri, ýerinde, tassyklanan taslama laýyklykda ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.

 

71-nji madda. Döwlet ätiýaçlyk ýerleri

 

1. Eeçilige, peýdalanmaga we kärendesine berilmedik ähli ýerler döwlet ätiýaçlyk ýerlerine degişlidir.

2. Döwlet ätiýaçlyk ýerleri, şu bitewi Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine, esasan oba hojalyk maksatlary üçin bermäge niýetlenilýär.

 

XII bap. Ilatly ýerleriň (şäherleriň, şäherçeleriň

we obalaryň) ýerleri

 

72-nji madda. Ilatly ýerleriň ýerleri

 

1. Ilatly ýerleriň (şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň) ýerlerine, şäherleri, şäherçeleri we obalary gurmak we ösdürmek üçin peýdalanylýan hem-de niýetlenilen, ýerleriň beýleki toparlaryndan çäk bilen aýrylan, degişli häkimlikleriň we geňeşleriň garamagynda durýan ýerler degişlidir.

2. Şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň ýerleriniň çägi, olaryň daşky araçäkleri bolup, olaryň ýerlerini beýleki toparlaryň ýerlerinden bölýärler.

3. Şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň çäklerini bellemek, tassyklanan şäher gurluşyk we ýer gurluşyk resminamalary esasynda geçirilýär.

4. Şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň çägini tassyklamak  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

73-nji madda. Şäherleriň we şäherçeleriň ýerleriniň düzümi

 

Şäherleriň we şäherçeleriň ýerleriniň düzümine:

- şäher we şäherçe gurluşygynyň;

- umumy peýdalanylýan;

- oba hojalygynda peýdalanylýan;

- tokaý agaçlarynyň tutýan;

- şäherleriň we şäherçeleriň çäginde ýerleşýän senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika kärhanalarynyň, goranmak we başga maksatly ýerleri girýär.

 

74-nji madda. Şäher we şäherçe gurluşygynyň ýerleri

 

1. Şäher we şäherçe gurluşygynyň ýerlerine ýaşaýyş jaý, jemagat-durmuş, medeni-aň bilim, senagat, söwda, dolandyryş we beýleki desgalar üçin gurlan we olaryň gurluşygy üçin berlen ähli ýerler degişlidir.

2. Şäher we şäherçe gurluşygynyň ýerleri Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýaşaýyş jaý, medeni-durmuş, senagat we gurluşygyň beýleki görnüşleri üçin peýdalanmaga berilýär.

3. Şäher we şäherçe gurluşygynyň gurluşyk üçin wagtlaýyn peýdalanylmaýan ýerleri söwda nokatlaryny, dükançalary, mahabatlaýyş we beýleki desgalary ýerleşdirmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna etraplaryň we şäherleriň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň çözgütleri esasynda ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan kärendä berlip bilner.

4. Gurluşyk üçin ýer bölekleri berlen Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplary, şol ýerlerde diňe ýer bölegini bermek baradaky resminamalarda maksady we häsiýeti görkezilen desgalary gurmaga borçludyrlar.

 

75-nji madda. Şäherleriň we şäherçeleriň umumy peýdalanylýan ýerleri

 

1. Şäherleriň we şäherçeleriň umumy peýdalanylýan ýerlerine şular degişlidir:

- meýdançalar, şaýollar, köçeler, geçelgeler, ýollar, pyýada ýollar, ýolýaka gülhanalar, suwaryş ulgamlary, kenarýaka ýerler we ş.m.;

- ilatyň medeni isleglerini we dynç alşyny kanagatlandyrmak üçin peýdalanylýan ýerler (seýilgähler, tokaýlyklar,  çaklaňja seýil baglary we ş.m.);

- jemagat-durmuş maksatly ýerler (gonamçylyklar, şeýle hem zyýanly galyndylaryň zyýansyzlandyrylýan ýerleri we ş.m.).

2. Umumy peýdalanylýan ýerler şäher häkimliginiň ýa-da geňeşiň degişli önümçilik bölümlerine berkidilýär we olaryň hasabynda durýar.

3. Şäherlerde we şäherçelerde suw howdanlarynyň kenarýaka we kenar guşaklyklary ilkinji nobatda ilatyň dynç almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin peýdalanylýar.

4. Umumy peýdalanylýan ýerlerde desgalary gurmaklyga diňe olaryň  maksatly niýetlenilişine laýyklykda ýol berilýär.

 

76-njy madda. Şäherleriň we şäherçeleriň oba hojalygynda peýdalanylýan we gaýry ýerleri

 

1. Şäherleriň we şäherçeleriň oba hojalygynda peýdalanylýan ýerlerine sürülýän ýerler, baglar, üzümlikler, tutlar, ir-iýmişli ösümlikler, nahalhanalar, agaçly meýdanlar, öri meýdanlary we ot ýatyrylýan ýerler degişlidir.

Oba hojalygynda peýdalanylýan ýerler daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk işleri bilen meşgullanýan edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalygyny alyp barmak üçin peýdalanmaga berlip bilner.

2. Şäherleriň we şäherçeleriň gaýry ýerlerine gumlar, şorluklar, jarlar we gaýry amatsyz ýerler degişlidir.

 

77-nji madda. Şäherlerde we şäherçelerde tokaý agaçlarynyň tutýan ýerleri

 

Şäherlerde we şäherçelerde tokaý agaçlarynyň tutýan ýerlerine ilatyň dynç alşyny guramak, şäheriň we şäherçäniň  mikroklimatyny, atmosfera howasyny we ekologik ýagdaýyny hem-de arassaçylyk-tämizlik şertlerini gowulandyrmak, ilatyň medeni isleglerini kanagatlandyrmak, ýerleri ýel we suw eroziýasyndan goramak üçin niýetlenilen ýerler degişlidir.

Olaryň düzümindäki tokaý agaçlary oturdylmadyk ýer bölekleri sport meýdançalaryny guramak we ilatyň dynç alyş zolagy üçin peýdalanylýar.

 

78-nji madda. Şäherlerde we şäherçelerde senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak  we gaýry pudaklaryň ýerleri

 

1. Şäherlerde we şäherçelerde senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň ýerlerine, degişli işi amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna peýdalanmaga berlen ýerler degişlidir.

2. Peýdalanmaga berilýän ýer böleginde ýerleşdirmäge degişli desgalaryň sanawy ýer bölegini bölüp bermek üçin berlen haýyşnamalaryň  başlangyç maglumatlarynda kesgitlenýär.

3. Peýdalanylýan döwürde goşmaça  desgalary ýerleşdirmäge, etraplaryň (şäherleriň) ýer meseleleri baradaky toparlaryň teklipleri esasynda ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan rugsat berilýär.

 

79-njy madda. Şäherlerde we şäherçelerde ýer böleklerini bermek

 

Şäherlerde we şäherçelerde Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine bermek, şeýle hem daşary ýurt raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna, daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer böleklerini kärendesine bermek şu bitewi Kanuna we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalaryna laýyklykda geçirilýär.

 

80-nji madda. Şäherleriň we şäherçeleriň ýerlerini peýdalanmak

 

1. Şäherleriň we şäherçeleriň ýerleri şol ilatly ýerleriň baş meýilnamalaryna we olaryň ýerlerini zolaklaşdyrmak taslamalaryna laýyklykda peýdalanylýar.

2. Şäherleriň we şäherçeleriň  baş meýilnamalarynda şol ilatly ýerleriň ýerlerini ýaşaýyş jaý, senagat we beýleki gurluşyk, ilatyň dynç alyş ýerlerini ýerleşdirmek we abadanlaşdyrmak üçin peýdalanmagyň esasy ugurlary, şeýle hem olaryň ýerlerini zolaklaşdyrmak taslamalarynda  bolsa, gurluşyga degişli bolmadyk ýa-da wagtlaýyn gurulmaýan ýerleri peýdalanmagyň esasy ugurlary we nobatlaýyn ulanylmagy  kesgitlenilýär.

3. Şäherleriň we şäherçeleriň baş meýilnamalary we olaryň ýerlerini zolaklaşdyrmak taslamalary Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde tassyklanylýar.

 

81-nji madda. Obalaryň  ýerleri

 

1. Obalaryň ýerlerine, çäklerinde ýerleşen ýer gurluşygy tertibinde bellenen, daýhan birleşikleriniň, oba hojalyk we tokaý hojalyk kärhanalarynyň, şeýle hem şäherleriň we şäherçeleriň toparlaryna degişli bolmadyk ilatly ýerleriň ýerleri degişlidir.

2. Obalaryň ýerlerini peýdalanmak şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda  bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

 

82-nji madda. Obalaryň ýerlerinden ýer böleklerini bermek

 

1. Obalaryň çäginde ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine bermekligi resmileşdirmek şu bitewi Kanuna laýyklykda ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Medeni-durmuş hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy üçin berilýän ýer bölekleriniň möçberleri bellenilen tertipde tassyklanan gurluşyk kadalaryna we taslama-meýillendiriş resminama laýyklykda kesgitlenilýär.

 

83-nji madda. Obalaryň ýerlerinden peýdalanmak

 

Obalaryň ýerleriniň meýilnamalaryna we olary gurmagyň taslamalaryna laýyklykda aşakdakylary ýerleşdirmek üçin peýdalanylýar:

- ýaşaýyş, medeni-durmuş, önümçilik we beýleki desgalary gurmak;

- şahsy kömekçi hojalygyny ýöretmek-mellek ýerler;

- kärende şertlerinde söwda nokatlaryny, dükançalary, mahabatlandyryş we beýleki desgalary wagtlaýyn ýerleşdirmek.

 

XIII bap. Senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika,

goranmak we gaýry pudaklaryň  ýerleri

 

84-nji madda. Senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň ýerleri

 

1. Senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň ýerlerine degişli işi amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna peýdalanmaga we kärendä berlen ýerler degişlidir.

2. Görkezilen maksatlar üçin berilýän ýer bölekleriniň möçberleri tassyklanylan kadalara we taslama-tehniki resminama laýyklykda kesgitlenilýär, ýer böleklerini bölüp bermek olaryň özleşdirilişine görä amala aşyrylýar.

3. Senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň ýerlerinden peýdalanmak olaryň maksatly niýetlenilişine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

85-nji madda. Edaralara, kärhanalara we guramalara senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika goranmak we gaýry  pudaklaryň hajatlary üçin ýerleri bermek

 

1. Kärhanalara, edaralara we guramalara peýdalanmaga senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň hajatlary üçin ýerleri bermekligi resmileşdirmek ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Döwletiň howpsyzlygyny üpjün etmek, goranmak we döwlet serhedini goramak hajatlary üçin berlen ýerler ýörite maksada eýedir.

3. Senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika, goranmak we gaýry pudaklaryň kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň peýdalanmaýan ýerleri Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna oba hojalyk we beýleki maksatlar üçin şu bitewi Kanunda kesgitlenilen tertipde we şertlerde wagtlaýyn peýdalanmaga ýa-da kärendä berlip bilner.

4. Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna ýerasty baýlyklary işläp çykarmak üçin ýer bölegi dag-magdan bölüp bermek resmileşdirilenden soň, gelejekde işlenilen meýdany peýdalanmaga ýaramly durkuna getirmek  we tebigaty goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek şerti bilen berilýär.  

 

XIV bap. Tebigaty goraýyş, sagaldyş, dynç alyş

we taryhy - medeni maksatly ýerler

 

86-njy madda. Tebigaty goraýyş maksatly ýerler

 

1. Tebigaty goraýyş maksatly ýerlere, Türkmenistanyň edara görnüşindäki taraplaryna degişli iş üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýän döwlet goraghanalarynyň, milli we dendrologik seýilgähleriň, botanika baglarynyň, zakaznikleriň (awçylyk zakazniklerinden başga), tebigy ýadygärlikleriň ýerleri degişlidir.

2. Tebigaty goraýyş maksatly ýerler döwletiň aýratyn eýeçiliginde durýar we aýratyn gorag düzgünlidir.

Görkezilen ýerlerde olaryň maksatly niýetlenilişine garşy gelýän işler gadagandyr.

3. Tebigaty goraýyş maksatly ýerleriň düzgünini üpjün etmek üçin gorag zolaklary bellenilip bilner, olarda bolsa gorag düzgüniniň berjaý edilmegine ýaramaz täsirini ýetirýän işler gadagan edilýär.

4. Tebigaty goraýyş maksatly ýerlerden peýdalanmak we olaryň gorag zolaklaryny bellemek Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

87-nji madda. Sagaldyş maksatly ýerler

 

1. Sagaldyş maksatly ýerlere, keselleriň öňüni alyş we olaryň bejeriş çärelerini guramak üçin amatly, tebigy bejeriş häsiýetleri we aýratyn howa şertleri bolan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen ýer bölekleri degişlidir:

Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplaryna - peýdalanmaga ýa-da kärendesine;

daşary ýurtly edara görnüşindäki taraplara- kärendesine.

2. Ilatyň kesellemiginiň öňüni almak we bejermek hem-de dynç almagy üçin, şeýle hem tebigy bejeriş häsiýetlerini goramagyň zerur şertlerini üpjün etmek maksady bilen sagaldyş maksatly ýerlerde sanitariýa gorag zolaklary bellenilýär. Şol zolaklaryň çäklerinde Türkmenistanyň şahsy adamlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna olaryň maksatly niýetlenilişine garşy gelýän iş üçin ýer böleklerini bermek gadagan edilýär.

3. Sagaldyş maksatly ýerleri peýdalanmak we sanitariýa gorag zolaklaryny bellemek Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

(2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 68-nji madda)

 

88-nji madda. Dynç alyş maksatly ýerler

 

1. Dynç alyş maksatly ýerlere ilatyň köpçülikleýin dynç almagyny, syýahatçylygy we sporty guramak üçin berlen ýerler degişlidir;

Türkmenistanyň edara görnüşindäki we şahsy taraplaryna - peýdalanmaga ýa-da kärendesine;

daşary ýurtly edara görnüşindäki taraplara – kärendesine.

2. Dynç alyş maksatly ýerlerden peýdalanmak  Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

(2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 68-nji madda)

 

89-njy madda. Taryhy-medeni maksatly ýerler

 

1. Taryhy-medeni maksatly ýerlere, taryhy-medeni goraghanalaryň, memorial seýilgähleriň, guburlaryň, arheologik ýadygärlikleriň, taryhy we medeni ýadygärlikleriň Türkmenistanyň degişli edara görnüşindäki taraplaryna peýdalanmaga berlen ýerler degişlidir.

Şol ýerlerde olaryň bellenilen maksatly niýetlenilişine garşy gelýän   iş  gadagan edilýär.

2. Taryhy-medeni maksatly ýerlerden peýdalanmak Türkmenistanyň kanunçylygynda  kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

XV bap. Döwlet ýer gurluşygy

 

90-njy madda. Döwlet ýer gurluşygy

 

Döwlet ýer gurluşygy - munuň özi ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga, ýerlerden rejeli peýdalanmaga, olaryň goralmagyna, ýerden peýdalanmagy tertipleşdirmäge, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga, amatly ekologik ýagdaýy döretmäge we daşky tebigy gurşawy gowulandyrmaga gönükdirilen, Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça döwlet çäreleriniň jemidir.

 

91-nji madda. Döwlet ýer gurluşygynyň mazmuny

 

1. Döwlet ýer gurluşygy çaklamalaýyn we taslamadan öňki, hojalygara we içerki hojalyk ýer gurluşygyna bölünýär.

2. Çaklamalaýyn we taslamadan öňki ýer gurluşygyny işläp düzmäge we amala aşyrmaga şu aşakdakylary işläp düzmek we amala aşyrmak  girýär:

- ýer serişdelerinden peýdalanmagyň we goramagyň döwlet hem-de sebitleýin maksatnamalary;

- Türkmenistanyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň ýer serişdelerinden peýdalanmagyň we olary goramagyň, eroziýa garşy çäreleriň, gorag agaçlaryny döretmegiň, öri meýdanlaryny peýdalanmagyň we gowulandyrmagyň ülňüleri;

- welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň ýer gurluşyk ülňüleri;

- etraplaryň, şäherleriň we şäherçeleriň ýerlerini zolaklaşdyrmagyň  ülňüleri;

- Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen aýratyn düzgünli ýerleriň meýdanlaryny ýerleşdirmegiň we çäklerini bellemegiň taslamalary.

3. Hojalygara ýer gurluşygyna şu aşakdakylar girýär:

- etraplaryň we welaýatlaryň araçäklerini, obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, we Aşgabat şäheriniň çäklerini bellemek;

- ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň täze ýer bölekleriniň taslamalaryny düzmek we bar bolanlaryny  tertipleşdirmek;

- oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin täze döredilýän, üýtgedilip

guralýan daýhan birleşiklerine, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we Türkmenistanyň beýleki oba hojalyk  edara görnüşindäki taraplaryna ýerleri bermegiň taslamalaryny düzmek;

- oba hojalyk däl hajatlar üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna  ýerleri bermegiň taslamalaryny düzmek.

Hojalygara ýer gurluşygy etraplaryň we birnäçe hojalyklaryň çäklerinde şu bitewi Kanun bilen kesgitlenilen tertipde geçirilýär.

Hojalygara ýer gurluşygynyň taslamalary tassyklanylandan soň,  ýer bölekleriniň çäkleri  bellenilen nusgadaky  belgiler bilen bellenilip ýere geçirilýär.

4. Içerki hojalyk ýer gurluşygy oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan daýhan birleşikleriniň, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň, beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň we daýhan hojalyklarynyň ýerleriniň, ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň ýerleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşyklaryny girizmek bilen guralmagyny öz içine alýar.

Içerki hojalyk ýer gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylyşyna, ýer gurluşygynyň düzüm bölegi bolan awtorlyk gözegçiligi geçirilýär.

5. Ýer gurluşygy tertibinde ýerlerden peýdalanmak we olary goramak bilen baglanyşykly beýleki taslamalar hem işlenilip bilner.

6. Ýer gurluşyk işleriniň düzüminde topograf-geodezik, kartografik, toprak, geobotaniki, eroziýa garşy we beýleki barlaglary we gözlegleri, şeýle hem ýerleriň tükellemesi, hasaby we ykdysady bahalaryny bellemek boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

92-nji madda. Döwlet ýer gurluşygyny ýöretmegiň tertibi

 

Döwlet ýer gurluşygy şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:

- ýer gurluşyk işini gozgamak;

- taýýarlyk we gözleg işleri;

- taslamany düzmek;

- taslama seretmek we tassyklamak;

- taslamany ýere geçirmek;

- ýer gurluşyk resminamalaryny resmileşdirmek we bermek;

- taslamalaryň amala aşyrylyşyna awtorlyk gözegçiligini etmek.

 

93-nji madda. Döwlet ýer gurluşygyny guramak

 

1. Döwlet ýer gurluşygy ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde geçirilýär.

2. Döwlet ýer gurluşygy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

XVI bap. Döwlet ýer kadastry

 

94-nji madda. Döwlet ýer kadastry

 

Döwlet ýer kadastry, ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamasy we ykdysady gymmaty, ýer bölekleriniň ýerleşýän ýeri we möçberleri, olaryň ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylary we ýer kärendeçileri boýunça bölünişi baradaky zerur maglumatlaryň we resminamalaryň ulgamydyr.

  Döwlet ýer kadastry aşakdakylary öz içine alýar:

- ýere bolan hukugy döwlet belligine almagy;

- ýeriň mukdarynyň we hiliniň hasabyny;

- ýerleriň möçberi, bölünişi we peýdalanylyşy baradaky hasabatyny;

- topragyň bonitirowkasyny we ýerleriň bahasyny bellemegi;

- ýer serişdeleri baradaky maglumatlaryň ulgamyny döretmegi, ýer kadastr maglumatlary täzelemegi we saklamagy.

95-nji madda. Döwlet ýer kadastryny alyp barmagyň tertibi

 

1. Döwlet ýer kadastry Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan bir bitewi ulgamda ýöredilýär.

Döwlet ýer kadastryny ýöretmek aşakdakylar bilen üpjün edilýär:

- aýerokosmos surata düşürmek, topograf-geodezik, kartografik, toprak, agrohimiki, geobotaniki we beýleki barlaglary hem-de gözlegleri geçirmek;

- ýerleriň bahasynyň, hiliniň we mukdarynyň hasaby bilen;

- şahsy adamlaryň, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýer böleklerine bolan hukuklaryny döwlet belligine almak;

- ýerleriň möçberi, bölünişi we peýdalanylyşy baradaky hasabaty düzmek;

- ýeriň ozalky sypatynyň we suratynyň barlaglarynyň maglumatlaryny ulanmak bilen ýer kadastr maglumatlarynyň kompýuterleşdirilen ulgamyny döretmek we saklamak.

 

96-njy madda. Döwlet ýer kadastryny alyp  barmagyň esasy ugurlary

 

Döwlet ýer kadastryny alyp barmagyň esasy ugurlary şu aşakdakylardyr:

- Türkmenistanyň çägindäki ähli ýerleri dolulygyna öz içine almak;

- ýer-kadastr maglumatlaryny işläp düzmegiň usulynyň ýeketäkligi;

- ýer kadastr maglumatlarynyň dogrulygy;

- ýer kadastrynyň maglumatlarynyň gyzyklanýan taraplar üçin elýeterli bolmagy.

 

97-nji madda. Döwlet ýer hasabaty

 

Türkmenistanyň döwlet ýer hasabaty her ýylda düzülýär we  tutuş ýurt boýunça we dolandyryş ýer birliklerinde (welaýatlar, Aşgabat şäheri, etraplar we şäherler), ýerleriň ýagdaýy baradaky maglumatlary olaryň görnüşleri, ýer bölekleriniň  eýeleri, ýerden peýdalanyjylary we ýer kärendeçileri boýunça bölünişini, şeýle hem hasabat döwründäki beýleki ýer kadastr maglumatlaryny öz içine alýar.

Döwlet ýer hasabaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, şeýle hem degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna berilýär.

 

98-nji madda. Ýer kadastr resminamasy

 

1. Ýer kadastr resminamasynyň görnüşleri:

- daýhan birleşiklerinde we beýleki oba hojalyk kärhanalarynda ýer kadastr kitaby;

- etraplaryň (şäherleriň) döwlet ýer kadastr kitaby;

- welaýatlaryň (Aşgabat şäheriniň) döwlet ýer kadastry;

- Türkmenistanyň döwlet ýer kadastry.

2. Ýer kadastr resminamasynyň düzümi, mazmuny we alnyp barlyşynyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti  tarapyndan bellenilýär.

 

99-njy madda. Ýer böleklerine eýeçilik hukugyny, ýerden peýdalanmak hukugyny we ýerlere kärende hukugyny döwlet belligine almak

 

1. Şahsy adamlaryň, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň ýer böleklerine eýeçilik hukugyny, ýerden peýdalanmak hukugyny we ýerlere kärende (daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerlerinden başga) hukugyny döwlet belligine almak, şol ýerleriň ýerleşýän ýeri boýunça, etrabyň (şäheriň) döwlet ýer kadastr kitabyna degişli maglumatlary girizmek bilen ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Ýer bölegine hukugy döwlet  belligine almak üçin esas bolup, şol hukugy kepillendirýän, üýtgedýän ýa-da ýatyrýan resminamalar hyzmat edýär.

2. Ýer bölegine hukugy kepillendirýän resminamalar:

- ýer bölegine hususy eýeçilik hukugyna - ýer bölegine  eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy;

- ýerden peýdalanamak hukugyna - ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy;

- ýer böleklerine kärende hukugyna - ýeriň kärendä berlendigi barada Kepilnama.

3. Ýer bölegine hususy eýeçilik hukugy we ýerden peýdalanmak hukugy jemagat sanawyna girizilmäge degişlidir.

(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 39–njy  madda)

 

ХVII  bap. Ýerleri goramak

 

100-nji madda. Ýerleri goramagyň maksatlary we wezipeleri

 

1. Ýerleri goramak-hukuk, guramaçylyk, ykdysadyýet, tilsimat we beýleki çäreleriň ulgamyny, olaryň maksatlaýyn, rejeli peýdalanylmagyny, oba hojalyk dolanyşygynda peýdalanylýan we aýratyn goralýan ýerleriň çäginden, ýerleriň esassyz alynmagyna ýol berilmezligi, zyýanly zeper ýetirijileriň täsirinden goramaklygy, şeýle hem topragyň mesligini ýokarlandyrmak we giňeltmek, tokaý gaznasynyň ýerleriniň öndürijiligini ösdürmekligi öz içine alýar.

2. Ýerleri goramak, ýer serişdelerine toplumlaýyn çemeleşmek esasynda, olaryň zolaklandyrylyş we sebitara aýratynlyklaryny hasaba almak bilen amala aşyrylýar.

3. Ýerlerden rejeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreler, tebigaty goraýyş, serişde tygşytlaýyş häsiýete eýedir we topragy abat saklamagy, daşky tebigy gurşawa, ösümlik we haýwanat dünýäsine, ýerasty baýlyklaryň we beýlekileriň düzümine ýaramaz täsiri çäklendirmegi göz öňünde tutýar.

 

101-nji madda. Ýerleri goramagyň mazmuny we tertibi

 

Ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri özleriniň hojalyk işinde aşakdakylary üpjün etmelidirler:

-ýerleri rejeli gurnamaklygy;

-topragyň mesligini, şeýle hem ýerleriň beýleki häsiýetlerini ýokarlandyrmagy we dikeltmegi;

-ýerleri ýel we suw eroziýasyndan, çölleşmekden, silden, suwa basdyrmakdan, batga öwürmekden, ikilenji şorlaşmagyndan, guratmakdan, basgylanmakdan, önümçilik we sarp edilen galyndylar, himiki we radioaktiw maddalar bilen hapalanmakdan, şeýle hem beýleki ýaramaz täsirlerden goramagy;

-suwarymly ýerleriň haşal otlar, gyrymsy agaçlar we tokaýjyklar bilen hapalanmagyndan, şeýle hem ýerleriň beýleki medeni-tehniki ýagdaýyny pese düşürýän täsirlerden goramagy;

-eger topragyň mesligini başga usullar bilen dikeltmek mümkin bolmasa, sandan çykan ýerleri gorap saklamagy;

-ýeriň durkuny bozmak bilen baglanyşykly iş geçirilende topragyň mes gatlagyny aýryp, saklap we durky bozulan ýerleriň durkuny täzelemekde peýdalanmagy.

 

102-nji madda. Binalaryň, gurluşyklaryň we desgalaryň ýerleşdirilmegine, taslanylmagyna, gurulmagyna we ulanylmaga berilmegine bolan ekologik  talaplar

 

1. Täze gurulýan we durky täzelenýän binalar, gurluşyklar we desgalar ýerleşdirilende, taslanylanda, gurlanda we ulanylmaga berlende, şeýle hem ýeriň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýän täze tehnikalar we tilsimatlar ornaşdyrylanda, ýerleri goramak boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr we amala aşyrylmalydyr, şeýle hem  sanitariýa-gigiýena we beýleki ýörite talaplaryny (kadalar, düzgünler, ölçegler) berjaý etmek  üpjün edilmelidir.

2. Işe girizilýän desgalaryň ýa-da ornaşdyrylýan tilsimatyň ýerleriň ýagdaýyna ýaramaz täsirine baha bermek we ýerleri peýdalanmak we goramak boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň netijeliligine baha bermek ekologiýa netijenamasy esasynda geçirilýär.

3. Ýerleri goramak çäreleri üpjün edilmedik ýa-da bozulan we ekologiýa seljermesinden onuň netijenamasy bolmadyk desgalary, binalary we gurluşyklary ulanmaga bermek, şeýle hem täze tilsimatlary ornaşdyrmak gadagan edilýär.

4. Şahsy adamlaryň, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň eýeçiligindäki, peýdalanmagyndaky we kärendesindäki ýer böleklerinde ýerleriň ýagdaýyna täsir edýän desgalary, binalary we gurluşyklary ýerleşdirmek, şeýle hem täze tilsimatlary  ornaşdyrmak ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy, tebigaty goraýyş we beýleki edaralar bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde we şertlerde amala aşyrylýar.

 

103-nji madda. Ýerleri rejeli peýdalanmagy we goramagy ykdysady taýdan höweslendirmek

 

1. Ýerleri rejeli peýdalanmagy we goramagy ykdysady taýdan höweslendirmek, topragyň mesligini abat saklamakda we üznüksiz artdyrmakda, önümçilik we beýleki işiň ýaramaz täsirlerinden goramakda, ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň, ýerleriň kärendeçileriniň gyzyklanmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär we şu aşakdakylardan durýar:

- oba hojalyk taýdan özleşdiriş döwründe ýa-da önümçilik işleriniň taslamasynda göz öňünde tutulan, olaryň ýagdaýyny gowulandyrylýan döwürde, ýer bölekleriniň peýdalanylyşy üçin töleglerden boşatmak;

- ýeňillikli karzlary bermek;

- kesekiniň günäsi bilen bolan bozulmalar sebäpli ýerleriň wagtlaýyn dolanyşykdan çykmagy netijesinde alynmadyk girdejileriň bölekleýin öwezini dolmak;

- ýerleriň hilini gowulandyrandygy, topragyň mesligini we ýerleriň önümliligini ýokarlandyrandygy, ekologik taýdan  arassa önüm öndürendigi üçin höweslendirmek;

- kesekiniň günäsi bilen bozulan ýerleri dikeltmek üçin maksatlaýyn serişdeleri bölüp bermek.

2. Ýerleriň rejeli peýdalanylyşyny we goralyşyny ykdysady taýdan höweslendirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

ХVIII bap. Ýerleriň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligi. Ýerleriň ýagdaýynda bolup  geçýän üýtgeşmelere syn etmek

 

104-nji madda. Ýerleriň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet   gözegçiliginiň esasy  wezipeleri

 

Ýerleriň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiliginiň esasy wezipeleri şu aşakdakylardyr:

-döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ählisi, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şahsy adamlar, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary  tarapyndan Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek;

-ýerlerden rejeli peýdalanmak we olary goramak babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek;

-ýerlerden peýdalanmak we olary goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak, şeýle bozulmalary ýüze çykarmak we olary aradan aýyrmak boýunça degişli çäreleri geçirmek;

-ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri tarapyndan tebigy gurşawy goramak babatda, şeýle hem topragyň mesliginiň pese düşmegi we hapalanmagy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, suw desgalarynyň we beýleki tebigy serişdeleriň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna ýol bermezlik babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ölçegleriň we  kadalaryň berjaý edilmegini üpjün etmek.

 

105-nji madda. Ýerlerden peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň esasy ugurlary

 

Ýerlerden peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň esasy ugurlary:

-döwletiň aýratyn goragynda durýan, milletiň esasy baýlygy bolan ýerlerden rejeli peýdalanmagy we olaryň goralmagyny üpjün etmek;

-ýer serişdelerinden peýdalanylanda ekologik howpsuzlygyň talaplaryny ykdysady bähbitlerden ileri tutmak;

-Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulmagynyň netijesinde daşky tebigy  gurşawa ýetirlen zyýanyň öwezini dolmak;

-ýerleri goramak we olardan peýdalanmak babatda jogapkärçiligi we ykdysady höweslendiriş çärelerini utgaşdyrmak.

 

106-njy madda. Ýer döwletiň gözegçiliginde  we goragynda

 

Eýeçiligiň görnüşine we pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan, şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine berlen, Türkmenistanyň çäklerindäki ähli ýerler, döwletiň gözegçiliginde durýar.

 

107-nji madda. Ýerlerden peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar

 

1. Ýerlerden peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligi ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan  amala aşyrylýar.

2. Ýerlerden peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy şu aşakdaky gözegçiligi üpjün edýär:

-ähli ýerlerden maksatly niýetlenilişi boýunça peýdalanylmagyny;

-döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň şahsy adamlary we edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary tarapyndan ýerleri goramak we olardan peýdalanmak meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini;

-ýer bölekleriniň birugsat eýelenmegine ýol berilmezligini;

-ýerleri goramak we olardan peýdalanmak boýunça ýer gurluşyk taslamalarynyň we beýleki taslamalaryň amala aşyrylmagyny;

-durky bozulan ýerleriň peýdalanmaga ýaramly ýagdaýa getirilmegini;

-wagtlaýyn eýelenilen ýerleriň öz wagtynda yzyna gaýtarylmagyny;

-ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri tarapyndan guramaçylyk-hojalyk, agrotehniki, tokaý- melioratiw we topragyň mesligini dikeltmek we saklamak boýunça beýleki çäreleriň öz wagtynda we dogry geçirilmegini;

-ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň ýerleriň möçberi, peýdalanylyşy we ýagdaýy baradaky maglumatlary degişli döwlet edaralaryna öz wagtynda bermegini;

-ýer bölekleriniň araçäk belgileriniň abat saklanmagyny;

-ýerlerden peýdalanmagyň tebigaty goraýyş düzgün talaplarynyň ýerine ýetirilmegini;

-toprak eroziýasynyň, şorlaşmagyň, suw basmagyň, çölleşmegiň, hapalanmagyň we ýeriň ýaramazlaşmagyna getirýän beýleki täsirleriň öňüni alyp we aradan aýryp, ýeriň gowulanmagy boýunça çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini;

-ýere eýeçilik, ýerden peýdalanmak we ýer kärendesi hukuklaryny bozýan geleşiklere ýol berilmezligini;

-ýerleriň ekologiki ýagdaýyny;

-döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň ýer kanunçylygy babatda kabul edýän kararlarynyň kanunylygyny.

3. Döwlet gözegçiligini amala aşyrýan ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasynyň wezipelerine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki meseleler hem girýär.

 

108-nji madda. Ýerlerden peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi

 

Ýerlerden peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy öz ygtyýarlyklarynyň çäginde:

- ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri tarapyndan ýerlerden maksatlaýyn peýdalanmak we olary goramak meselesi boýunça barlaglary amala aşyrýar;

-Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulanlygy barada teswirnama (ykrarnama) düzýär;

-ýerine ýetirilmegi hökmany bolan şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna  Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulmagynyň sebäplerini we şertlerini aradan aýyrmak barada görkezmeleri  (tabşyryklar) berýär;

-günäkär wezipeli adamlary, şahsy adamlary, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryny, edara ediş jogapkärçiligine çekýär, Türkmenistanyň ýer kanunçylygy bozulyp ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça talapnama berýär, günäkär adamlaryň jogapkärçilige çekilmegi üçin degişli edaralara teklipnama berýär;

-ýer meseleleri boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýer kanunçylygyna garşy gelýän kadalaşdyryjy namalarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň kararlarynyň güýjüni Türkmenistanyň çäklerinde duruzmak ýa-da ýatyrmak meseleleri boýunça teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

-ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň ýer böleklerine-bökdençsiz, goranmak we beýleki ýörite hajatlar üçin berlen ýer böleklerine bolsa, bellenilen düzgüni hasaba almak bilen, baryp görýär we barlag geçirýär;

-Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulmagy bilen, şeýle hem ýer hukugyna güwä geçýän degişli resminama bolmadyk halatynda, senagat, raýat we beýleki gurluşyklary, ýerasty baýlyklaryň işlenip çykarylmagyny, desgalaryň işe girizilmegini, agrotehniki, tokaý- melioratiw, geologiýa - gözleg, agtaryş, geodeziýa we beýleki işleriň geçirilmegini duruzýar;

-şahsy adamlardan, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplaryndan, şeýle hem daşary ýurt döwletlerinden we halkara guramalaryndan ýerleri goramak we olardan peýdalanmak meseleleri boýunça gerekli maglumatlary alýar, eýeçiligiň görnüşine we tabynlygyna garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýer bölekleriniň eýeleriniň - raýatlaryň görkezilen meseleler boýunça habarlaryny we hasabatyny alýar;

-täze özleşdirilen, suwarymly meliorasiýalaşdyrylan, gowulandyrylan we durky täzelenen ýerler, meýdan gorag agaçlary, eroziýa garşy gidrotehniki desgalar we beýleki desgalar işe girizilende, olaryň kabul edilmegine gatnaşýar;

-Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çäreleri amala aşyrýar.

 

109-njy madda. Ýerleriň durkuny täzelemek

 

1. Ýerleriň durkuny täzelemek - bu inžener-tehniki, melioratiw, agrotehniki ýerleriň biologik öndürijiligini dikeltmek  we beýleki çäreleriň toplumydyr.

2. Ýerasty baýlyklaryň işlenip çykarylmagy we dürli desgalaryň gurulmagy netijesinde bozulan ýerler durky täzelenmäge degişlidir.

3. Ýerleriň durkuny täzelemek önümçilik işleriniň netijesinde topragyň mes gatlagynyň bitewiligini bozan ýer eýesiniň, ýerden peýdalanyjynyň we ýer kärendeçisiniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

110-njy madda. Ýerleriň ýagdaýynda bolup geçýän üýtgeşmelere syn etmek

 

1. Ýerleriň ýagdaýynda bolup geçýän üýtgeşmelere syn etmek -Türkmenistanyň ýer serişdelerinden peýdalanmagyň netijesinde ýüze çykýan üýtgeşmelere syn etmegiň çäreleriniň, ýerlerden rejeli peýdalanmak, topragyň mesligini yzygiderli dikeltmek hem-de daşky tebigy gurşawy abat saklamak üçin şertleri döretmek maksady bilen olaryň ýagdaýyna baha bermegiň we çaklamagyň ulgamydyr.

2. Ýerleriň ýagdaýynda bolup geçýän üýtgeşmelere syn etmek ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kesgitleýän tertibinde, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

XIX bap. Ýer bölekleriniň eýelerine, ýerden peýdalanyjylara we ýer kärendeçilerine ýetirilen zyýanyň, şeýle hem oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň öwezini dolmak

 

111-nji madda. Ýer bölekleriniň yzyna alynmagy ýa-da wagtlaýyn eýelenilmegi, şeýle hem ýer böleginiň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklarynyň çäklendirilmegi bilen ýetirilen  zyýanyň öwezini dolmak

 

1. Ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň ýer bölekleriniň yzyna alynmagy ýa-da wagtlaýyn eýelenilmegi şahsy adamlaryň, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň işi netijesinde ýeriň hiliniň ýaramazlaşmagy bilen ýetirilen zyýan (elden giden peýdany goşmak bilen), etraplaryň (şäherleriň) ýer meseleleri baradaky toparlarynyň kesgitleýän möçberlerinde öwezi dolunmaga degişlidir.

2. Zyýanyň öwezini dolmak:

-Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde, yzyna alynýan ýer bölekleri bölünip berilýän şahsy adamlar, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary;

- işi ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň hukuklarynyň çäklendirilmegine ýa-da ýerleriniň ýaramazlaşmagyna elten şahsy adamlar, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplary  şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary tarapyndan geçirilýär.

3. Ýer böleklerine eýeçilik hukugyny, ýerden peýdalanmak hukugyny we ýere kärende hukugyny bellige almak we degişli resminamalary bermek ýetirilen zyýanyň, şeýle hem oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň öwezi dolunandan soň amala aşyrylýar.

 

112-nji madda. Oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň  öwezini dolmak

 

1. Oba hojalygyny we tokaý hojalygyny alyp barmak bilen baglanyşygy bolmadyk maksatlar üçin oba hojalygynda peýdalanylýan we tokaýly ýerleriň yzyna alynmagy, ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçeleriniň hukuklarynyň çäklendirilmegi, ýerleriň hiliniň ýaramazlaşmagy netijesinde ýüze çykan oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň öwezi dolunmaga degişlidir.

2. Görkezilen ýitgileriň öwezi:

- oba hojalygyny we tokaý hojalygyny alyp barmak bilen baglanyşykly bolmadyk maksatlar üçin  oba hojalygynda peýdalanylýan we tokaýly ýerler bölünip berlen şahsy adamlar, Türkmenistanyň we  daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary;

- binalaryň töwereginde gorag, sanitariýa we goraýyş zolaklary üçin oba hojalyk we tokaýly ýerleriň dolanyşykdan aýrylmagy we olaryň has pes bahaly ýerleriň hataryna geçirilmegi bellenilen şahsy adamlar, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplary,  şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary tarapyndan dolunýar.  

Oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň öwezi dolunmaga degişli ýitgileriniň möçberiniň kesgitleniş tertibi, şeýle hem olaryň öwezini dolmakdan boşadylýan taraplaryň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

3. Ýitgileriň öwezini dolmagyň hasabyna döreýän serişdeler şulara gönükdirilýär:

- ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasynyň ýörite hasabyna - oba hojalyk önümçiliginiň ýitgilerinden;

- Türkmenistanyň Tebigaty goramagyň döwlet gaznasyna-tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgilerinden.

 

XX bap. Ýer jedellerini çözmek

 

113-nji madda. Ýer jedellerini çözýän edaralar

 

Ýer jedellerini çözýän edaralar - Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy, şeýle hem ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we kazyýetdir.

 

114-nji madda. Ýer gatnaşyklary bilen baglanyşykly emläk jedellerini çözmek

 

Ýer gatnaşyklary bilen baglanyşykly emläk jedelleri Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan çözülýär.

 

115-nji madda. Ýer jedelleri boýunça çözgütleri ýerine ýetirmek

 

Ýer jedelleri boýunça çözgütleri ýerine ýetirmek ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasynyň we çözgütde görkezilen beýleki edaralaryň üstüne ýüklenilýär.

Çözgüde şikaýat edilmegi onuň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.

 

XXI bap. Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň

bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

116-njy madda. Türkmenistanyň ýer kanunçylygyny bozýan geleşikleriň hakyky däldigi

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda ýer bölekleri bilen baglanyşykly gadagan edilen geleşikler (satyn almak-satmak, peşgeş bermek, girewe goýmak, çalyşmak) hakyky däl diýlip hasap edilýär, geleşikleri amala aşyran taraplar bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, jogapkärçilik çekýärler.

2. Türkmenistanyň raýatlary we edara görnüşindäki taraplary bilen daşary ýurtlaryň raýatlarynyň we edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň gatnaşyklarynda ýer bölegi girew bolup bilmeýär.

 

117-nji madda. Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

1. Şu bitewi Kanunyň 116-njy maddasyny bozmakda hem-de şu aşakdaky bozulmalar üçin günäkär şahslar:

- ýerleri özbaşdak eýelände;

- ýerler hususy eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bikanun berlende;

- kärendä alnan ýerler bikanun berlende we bikanun ulanylanda;

- oba hojalyk we beýleki ýerleri zaýalanda, olar önümçilik galyndylary, akdyrylýan hapa suwlar we beýleki zyýanly maddalar bilen hapalananda;

- ýerleriň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýän desgalar taslananda,  ýerleşdirilende, gurlanda, ulanylmaga berlende;

- ýerlerden peýdalanmagyň tebigaty goraýyş düzgüniniň  talaplary ýerine ýetirilmedik halatynda;

- ýer böleklerinden öz maksatly niýetlenilişine görä peýdalanylmadyk halatynda;

- topragyň mes gatlagyny aýyrmagyň, saklamagyň we täzeden ulanmagyň  şertleri ýerine ýetirilmedik halatynda;

- wagtlaýyn eýelenen ýerleriň öz wagtynda gaýtarylmadyk ýa-da olary maksada laýyk peýdalanmak üçin ýaramly ýagdaýa getirmek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmedik halatynda;

- ýer bölekleriniň araçäklerindäki belgiler ýok edilende;

- ýerlerden peýdalanylyşy we olaryň goralyşy baradaky maglumatlar ýoýulanda;

- ýerlerden eýeçiliksiz peýdalanylanda;

- ýer gurluşyk taslamalary birugsat üýtgedilende;

- ekerançylygyň  ýerleri taşlamak usuly ulanylanda;

- tebigy öri meýdanlary zaýalanylanda, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda ýer kanunçylygynyň beýleki bozulmalary üçin hem jogapkärçilik bellenilip bilner.

 

118-nji madda. Birugsat eýelenilen ýer böleklerini yzyna  gaýtarmak

 

1. Birugsat eýelenilen ýer bölekleri, ýerler bikanun peýdalanylan döwründe sarp edilen çykdajylaryň öwezi dolunmazdan yzyna gaýtarylmaga degişlidir. Ýer böleklerini peýdalanmak üçin ýaramly ýagdaýa getirmek, desgalary ýykmagy goşmak bilen, ýer böleklerini birugsat eýelän şahsy adamlaryň, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň  hasabyna geçirilýär.

2. Birugsat eýelenilen ýer böleklerini yzyna gaýtarmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasynyň tabşyryknamasy boýunça geçirilýär.

 

119-njy madda. Ýerden peýdalanmak kadalarynyň yzygiderli bozulandygy üçin ýer bölegini yzyna almak

 

1. Ýerden peýdalanmak kadalarynyň yzygiderli bozulandygy üçin ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýerleriň kärendeçileriniň ýer bölekleri yzyna alynmaga degişlidir.

2. Ýerden peýdalanmak kadalarynyň yzygiderli bozulandygy üçin ýer böleklerini yzyna almak şu bitewi Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda kesgitlenilen tertipde geçirilýär.

 

120-nji madda. Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulmagy üçin jerime çäreleri

 

1. Ýer bölekleriniň eýelerine, ýerden peýdalanyjylara we ýer kärendeçilerine jerime çäreleri aşakdaky ýagdaýlarda ulanylýar:

-ýerden eýeçiliksiz peýdalanylanda, ýerleri ýel we suw eroziýasyndan goramak we olary gowulandyrmak boýunça hökmany çäreler ýerine ýetirilmände we topragyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan beýleki halatlarda, ýeriň durky täzelenende topragyň mes gatlagyny aýyrmak we saklamak şerti ýerine ýetirilmände, ekerançylykda ýerleri taşlamak usuly ulanylanda, ýer bölekleri maksatly niýetlenilişi boýunça peýdalanylmanda;

-topragyň mes gatlagy zaýalananda ýa-da ýok edilende,  himiki ýa-da radioktiw maddalar, zyýanly-bakteriýaly ýa-da karantin haýwanlar we ösümlikler, önümçilik we durmuş galyndylary, lagym suwlar bilen hapalananda;

-ýeri peýdalanmakda tebigaty goraýyş düzgünleriniň talaby ýerine ýetirilmände, wagtlaýyn eýelenen ýeri gaýdyp bermegiň şerti bozulanda ýa-da olary peýdalanmak üçin belenilen ýaramly ýagdaýa getirmek boýunça borçlar ýerine ýetirilmände;

-ýeriň we daşky tebigy gurşawyň ekologik ýagdaýyna ýaramaz täsir edýän desgalar işe girizilende;

-bellenilen tertipde tassyklanan içerki hojalyk ýer gurluşyk taslamasyndan degişli rugsatnamasyz çykylanda;

-ýerleriň döwlet bellige alynmagynyň, hasabatynyň we baha berilmeginiň maglumatlary ýoýulanda;

-ýer bölekleriniň araçäginde goýulan belgiler ýok edilende;

-döwletiň ýa-da döwlete dahylsyz edaralaryň peýdalanmagynda bolan ýerler birugsat eýelenende, sürülende we ekilende, şeýle hem ýer bölegi birugsat çalşylanda ýa-da Türkmenistanyň ýer kanunçylygyny bozýan beýleki ýagdaýlarda;

-daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinde, şeýle hem döwletiň ätiýaçlyk ýerlerinde mal bakmagyň düzgüni bozulanda;

-ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri tarapyndan haşal otlara garşy göreşmek boýunça çäreler görülmände.

2. Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen tertipde ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy jerimeler salýar.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary,  2014-nji ýyl, № 1, 43 -nji madda)

 

121-nji madda. Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň  öwezini dolmak

 

Şahsy adamlar, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşindäki taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde özleriniň ýetiren zyýanynyň öwezini doly möçberde dolmaga borçludyrlar.

 

122-nji madda. Türkmenistanyň ýer kanunçylygynyň bozulmagy üçin wezipeli adamlaryň jogapkärçiligi

 

Türkmenistanyň ýer kanunçylygyny bozmak bilen ýer meseleleri boýunça çözgüt kabul eden wezipeli adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde jogapkärçilik çekýärler.

   

           Türkmenistanyň                                                  Saparmyrat

                 Prezidenti                                                       Türkmenbaşy

 

«Ýer hakynda»

Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşundy

 

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri

we goşmaçalary girizmek hakynda

 

I. Türkmenistanyň Jenaýat bitewi kanunyna aşakdaky mazmunly 181-1-nji, 181-2-nji, 317-1-nji maddalary goşmaly:

 

«181-1-nji madda. Ýeriň bikanun berilmegi

 

(1) Betnebislik bilen ýa-da başga şahsy gyzyklanmak bilen wezipeli adam tarapyndan döwletiň eýeçiligindäki ýer bölekleri hususy eýeçilige, kärendä bikanun berilse ýa bolmasa peýdalanylsa,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipäni eýelemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen, üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

181-2-nji madda. Ýeriň bikanun  kärendä berilmegi

 

(1) Betnebislik bilen ýa-da başga şahsy gyzyklanmak bilen wezipeli adam tarapyndan döwletiň eýeçiligindäki ýer bölekleri  kärendä  ýa-da peýdalanmaga degişli resminamalary resmileşdirmezden ýa bolmasa  resminamalara göz-görtele galp maglumatlary girizmek arkaly  bikanun berilse,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipäni eýelemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen bir ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

(2) Şonuň ýaly etmiş, eger:

a) gaýtadan;

b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,

üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipäni eýelemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek bilen üç ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

 

317-1-nji madda. Ýerleri özbaşdak eýelemek

 

Daýhan birleşikleriniň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň peýdalanmagyndaky ýerleriň özbaşdak eýelenmegi, sürülmegi we ekilmegi üçin,

hasyly bahasyny tölemän elinden almak bilen, zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär».

II. Türkmenistanyň Edara ediş hukuk tertibiniň bozulmalary hakyndaky bitewi kanuna şu mazmundaky 52-1-nji maddany goşmaly:

 

«52-1-nji madda. Kärendä alnan ýerleriň bikanun
berilmegi we bikanun ulanylmagy

 

Kärendesine ýer alan adam tarapyndan ýeriň ulanmak üçin başga birine bikanun berilmegi we onuň başga adam tarapyndan bikanun ulanylmagy,

zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär».

   

           Türkmenistanyň                                                  Saparmyrat

                 Prezidenti                                                       Türkmenbaşy

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 25.10.2004
Resminamanyň belgisi № 243-П