Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini

 tassyklamak we güýje girizmek hakynda

 

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1997  ýyl, № 2, 9- nji madda)

 

1 madda. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini  tassyklamaly.

 

2 madda. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini 1998-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje  girizmeli.

 

3 madda. «Türkmenistan SSR Jenaýat kodeksini  tassyklamak hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanuny  bilen  1961 ýylyň 22-nji dekabrynda tassyklanan Türkmenistan SSR Jenaýat  kodeksini, şeýle hem 1961-ýylyň 22-nji dekabryndan 1998-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli döwürde Türkmenistan SSR Jenaýat  kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen  ähli kanunlary 1998-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren  diýip hasap etmeli.

 

 4 madda. Türkmenistanyň  territoriýasynda hereket edýän  kanunlar   we gaýry  normatiw  hukuk aktlary  Türkmenistanyň  Jenaýat kodeksine  laýyk  getirilmäge degişlidir.

Mundan  beýläk Türkmenistanyň Jenaýat  kodeksine laýyk  getirilýänçä görkezilen  kanunlar we gaýry  normatiw hukuk  aktlary Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine  ters gelmeýän  bölegi babatda ulanylýar.

 

 

Türkmenistanyň                                                         Saparmyrat

Prezidenti                                                                   Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 12-nji iýuny

№ 222-1

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 12.06.1997
Resminamanyň belgisi № 222-I