Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda  

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk

 edaralary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 1-2, 6-njy madda)

 

 (Türkmenistanyň 09.06.2018 ý. № 41-VI Kanuny esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralarynyň işiniň hukuk esaslaryny, şolaryň açylyşynyň we hereket etmeginiň tertibini, konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlaryny we işgärlerini bellemegiň tertibini, şeýle hem Türkmenistanyň, onuň graždanlarynyň, we daşary ýurtlardaky ýuridik taraplaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak barada konsulyň wezipelerini kesgitleýär.

 

I bap

UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda

 

Kanunda getirilýän adalgalaryň (terminleriň) şu aşakdaky manysy bardyr:

"konsul" diýlip, konsullyk edarasynyň baştutany bolup durýan baş konsula, konsula, wise-konsula ýa-da konsullyk agente aýdylýar;

"konsullyk wezipeli adam" diýilmegi konsullyk edarasynyň ýolbaşçysyny hem goşmak bilen, öz üstüne konsullyk wezipesini ýerine ýetirmek ýüklenen islendik adamy aňladýar, şeýle hem konsullyk edaralarynda işlär ýaly taýýarlyk görmek üçin konsullyk edarasyna komandirowka iberilen adama, ýagny stajera diýilýär;

"konsullyk edarasynyň işgäri" diýilmegi konsullyk edarasynda administratiw ýa-da tehniki wezipeleri ýa-da konsullyk edaralaryna hyzmat etmek wezipelerini ýerine ýetirýän islendik adamy aňladýar;

"maşgala agzasy" diýilmegi konsullyk edarasynyň işgäriniň, aýalyny (adamsyny), onuň çagalaryny we ata-enesini, şeýle hem onuň aýalynyň (adamsynyň) olar bilen bile ýaşaýan we olaryň eklenjinde bolan ata-enesini aňladýar;

"konsullyk okrugy" diýilmegi konsullyk wezipelerini berjaý etmek üçin konsullyk edarasyna degişli edilen raýony aňladýar;

"konsullyk jaýlary" diýilmegi diňe konsullyk edarasynyň maksatlary üçin peýdalanylýan jaýy ýa-da jaýyň bir bölegini we eýeçilik hukugynyň kime degişlidigine garamazdan, şol jaýa ýa-da jaýyň bir bölegine hyzmat edýän ýer uçastogyny anladýar;

"konsullyk arhiwleri" diýlip, ähli dokumentlere, hatlara, kitaplara, filmlere, ses we wideoýazgylarynyň, lentalaryna, şeýle hem şifrleri we kodlary bilen bilelikde konsullyk edarasynyň reestrlerini, kartotekalaryny, saklanylmagyny ýa-da ýygnalyp goýulmagyny üpjün etmek üçin niýetlenen guramaçylyk tehnikasynyň we goşlarynyň islendik harytlaryny özünde jemleýän zatlara aýdylýar.

 

2-nji madda

 

Türkmenistanyň konsullyk edaralary daşary ýurtlarda Türkmenistanyň we onuň ýuridik taraplarynyň we graždanlarynyň, hukuklaryny we bähbitlerini goraýarlar.

Konsullyk edaralary Türkmenistanyň başga döwletler bilen dostlukly gatnaşyklarynyň ösmegine, ykdysady, söwda, ylmy-tehniki¸ medeni aragatnaşyklarynyň, we syýahatyň ýaýbanlandyrylmagyna ýardam edýärler.

 

3-nji madda

 

Türkmenistan öz konsullyk edaralaryny konsullyk aragatnaşyklary ýola goýlan döwletlerde açýar.

Konsullyk aragatnaşyklaryny ýola goýmak barada aýratyn ylalaşygyň bolmadyk ýagdaýynda, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy konsullyk aragatnaşyklarynyň hem ýola goýlandygyny aňladýar.

Türkmenistanyň konsullyk edaralary Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen açylýar we öz işini bes edýär. Konsullyk edaralaryny açmak baradaky deslapky ylalaşyk ikitaraplaýyn döwletara  şertnamalary, ylalaşyklary we protokollary essynda alnyp barylýar.

 

4-nji madda

 

Konsullyk edaralary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny, Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen normalaryny we Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryny goldanýarlar.

 

5-nji madda

 

Konsullyk edaralary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň sistemasyna girýärler we öz işlerinde oňa hasabat berýärler.

Konsullyk edaralary öz ýerleşýän ýurdunda Türkmenistanyň şol döwletdäki diplomatik wekilhanasynyň baştutanynyň umumy ýolbaşçylygynda hereket edýärler.

 

6-njy madda

 

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary şu aşakdaky klaslara bölünýär, ýagny:

- baş konsullyklar;

- konsullyklar;

- wise konsullyklar;

- konsullyk agentlikleri.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň konsullyk bölümlerine konsullyk bölümleriniň müdirleri, ýagny baş konsul ýa-da konsul diýlip atlandyrylýanlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär.

 

7-nji madda

 

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýok döwletlerinde, konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň razyçylyk bermegi bilen konsullyk edaralarynyň üstüne diplomatik wezipeler hem ýüklenilip bilner.

 

8-nji madda

 

Türkmenistanyň konsullyk edarasy öz ýerleşýän döwletiniň razylyk bermegi bilen, şol döwletletde üçünji döwletletiň, adyndan konsullyk wezipelerini berjaý edip biler.

Türkmenistanyň, adyndan konsullyk wezipelerini üçünji bir döwletde ýerleşýän daşary döwletlerň konsullyk edarasy hem berjaý edip biler.

Türkmenistanyň konsullyk edarasy öz ýerleşýän döwletiniň razyçylygy bilen we üçünji döwlet tarapyndan garşylygy bolmadyk ýagdaýynda, şol üçünji döwletde konsullyk wezipelerini berjaý edip biler.

 

9- njy madda

 

Konsullyk edarasynyň ýerleşýän ýeri, klasy we konsullyk okrugy, onuň ýerleşýän döwleti bilen ylalaşylyp kesgitlenilýär.

 

10-njy madda

 

Konsullyk edaralary ýuridik tarap bolup durýar we Türkmenistanyň döwlet gerbiniň şekili çekilen we özleriniň, ady döwlet we iňlis dillerinde ýazylan möhüri bardyr.

 

11-nji madda

 

Konsullyk edarasynyň jaýynyň üstüne we onuň baştutanynyň rezidensiýasynda Türkmenistanyň Döwlet  baýdagy galdyrylýar, şeýle hem Türkmenistanyň, Döwlet gerbiniň şekili çekilen we ady degişli döwlet dilinde we onuň ýerleşýän ýurdunyň dilinde ýazylan ýazgy tagtasy oturdylýar.

 

12-nji madda

 

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralarynyň emlägi Türkmenistanyň emlägi bolup durýar.

 

II bap

KONSULLYK EDARALARYNYŇ PERSONALY

 

13-nji madda

 

Diňe Türkmenistanyň graždany konsullyk wezipeli adam bolup biler.

Konsullyk edarasynyň, ýerleşýän döwletiniň graždanlary konsullyk edarasynyň işgärleri bolup bilerler. Olary işe kabul etmek we işden boşatmak konsullyk edarasynyň, ýerleşýän döwletiniň Daşary işler ministrligine mälim etmek arkaly amala aşyrylýar.

 

14-nji madda

 

Konsul Türkmenistanyň Daşary işler mnnistriniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen wezipä bellenilýär we wezipesinden boşadylýar.

Konsul wezipä bellenende Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýazmaça ygtyýarlylygyny - konsullyk patentini alýar.

 

15-nji madda

 

Konsul konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletinden razylyk (ekzekwatura) alanyndan soňra, öz wezipelerini ýerine ýetirmäge girişýär.

 

16-njy madda

 

Eger konsul haýsydyr bir sebäplere görä öz wezipelerini ýerine ýetirip bilmese ýa-da konsullyk wezipesi wagtlaýyn boş bolsa, onda konsulyň wezipesini ýerine ýetirmeklik Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan Türkmenistanyň şol ýa-da başga konsullyk edarasynyň, ýerleşýän döwletindäki başga bir konsullyk wezipeli adamynyň ýa-da Türkmenistanyň şol döwletdäki dimlomatik wekilhanasynyň diplomatik personalynyň agzalarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.

 

17-nji madda

 

Konsullyk wezipeli adamlar we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň konsuldan özgesi Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan bellenilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletine konsullyk wezipeli adamyny, konsuldan özgesiniň we konsullyk edarasynyň işgäriniň adyny, familiýasyny, wezipesini, diplomatik rangyny öňünden habar berýär, şeýle hem olaryň barjak senesini mälim edýär.

 

18-nji madda

 

Konsullyk wezipeli adama halkara guramalarynda Türkmenistana wekilçilik etmeklik tabşyrylyp bilner, bu barada Türkmsnistana konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletine deslapdan habar berilmelidir.

Halkara guramasynda Türkmenistanyň wekilliginiň ýolbaşçysy ýa-da şol wekilligiň başga bir wezipeli işgäri onuň ýerleşýän döwletiniň razylygy bilen, Türkmenistanyň konsullyk wezipeli adamy hökmünde hem bellenilip bilner.

 

19-njy madda

 

Daşary ýurtlardaky konsullyk wezipeli adamlar öz şahsy bähbitleri üçin professional ýa-da kommersiýa işi bilen meşgullanyp bilmezler.

 

20-nji madda

 

Eger Türkmenistan bilen konsullyk edarasynyň ýerleşýän ýurdunyň arasynda ikitaraplaýyn ylalaşyklar arkaly özge hili ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda konsullyk wezipeli adamlar, konsullyk edaralarynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary konsullyk gatnaşyklary hakynda 1963-nji ýylda kabul edilen Wena konwensiýasynda göz öňünde tutulan ýeňilliklerden we immuniteterden peýdalanýarlar.

 

III bap

KONSULLYK WEZIPELERINI ÝERINE ÝETIRMEGIŇ TERTIBI

 

21-nji madda

 

Konsullyk wezipeli adamlar we konsullyk edarasynyň işgärleri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary onuň ýerleşýän döwletlerniň kanunlaryny berjaý etmäge we dessurlaryny hormatlamaga borçludyrlar.

 

22-nji madda

 

Konsul öz üstüne ýüklenen wezipeleri hut özi ýerine ýetirýär ýa-da şolaryň ýerine ýetirilmegini başga bir konsullyk wezipeli adama tabşyrýar.

 

23-nji madda

 

Konsul konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň häkimiýetlerine öz konsullyk okrugynyň çäklerinde konsullyk edaranyň işi bilen baglanyşykly bolan ähli meseleler boýunça ýüz tutup biler.

 

24-nji madda

 

Konsul ýylda azyndan bir gezek öz konsullyk okrugyna aýlanyp görmäge borçludyr.

 

25-nji madda

 

Konsullyk wezipeli adamlaryň we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine aýdylýan şikaýatlara tabynlyk tertibine görä seredilýär.

 

26-njy madda

 

Konsul şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipelerden özge wezipeleri, eger şolar Türkmenistanyň we konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň, kanunçylygyna garşy gelmeýän bolsa, ýerine ýetirip biler.

 

IV bap

TÜRKMENISTANYŇ ÝURIDIK TARAPLARY WE GRAŽDANLARY BABATYNDA KONSULYŇ WEZIPELERI

 

27-nji madda

 

Konsul Türkmenistanyň graždanlarynyň we ýuridik taraplarynyň  konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň kanunçylygy we Türkmenistanyň hem konsulyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň gatnaşmaklaryndaky halkara şertnamalary, şeýle hem halkara däpleri tarapyndan özlerine berilýän ähli hukuklardan doly möçberde peýdalanyp bilmekleri üçin çäreleri görmäge borçludyr.

Konsul ýazmaça we dilden aýdylýan arzalary kabul etmäge borçludyr.

 

28-nji madda

 

Konsul Türkmenistanyň graždanlarynyň we ýuridik taraplarynyň bozulan hukuklaryny gaýtadan dikeltmek üçin çäreler görmäge borçludyr.

 

29-njy madda

 

Konsul öz konsullyk okrugynda hemişelik ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň graždanlarynyň hasabatyny ýöredýär.

 

30-njy madda

 

Konsul öz konsullyk okrugynyň çäklerinde bolýan Tňrkmenistanyň ministrlikleriniň¸ wedomstwolarynyň we guramalarynyň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurda komandirowka iberilen beýleki graždanlarynyň gulluk borçlaryny berjaý edip bilmekleri üçin ýardam edýär.

 

31-nji madda

 

Konsul öz konsullyk okrugynda wagtlaýyň bolýan Türkmenistanly graždanlary şol döwletiň kanunlary, şeýle hem ýerli dessurlary bilmekleri üçin ýardam edýär.

 

32-nji  madda

 

Konsul öz ýerleşýän döwletiniň jemgyýetçiligini Türkmenistanyň däpleri, dessurlary, ylmynyň we medeniýetiniň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen konsullyk okrugynyň çäginde medeni, sport, aň-bilim we habar beriş çärelerini geçirmäge Türkmenistanyň graždanlaryna we ýuridik taraplaryna ýardam edýär.

 

33-nji madda

 

Eger Türkmenistanyň graždanlarynyň özleri şol taýda ýok bolsalar we öz işlerini alyp barmagy hiç kime tabşyrmadyk bolsalar ýa-da başga sebäplere görä öz bähbitlerini gorap bilmeýän bolsalar, öz ýerleşýän döwletiniň edaralarynda, aýratyn bir ynanç haty bolmazdan, Türkmenistanyň graždanlaryna wekilçilik etmäge konsulyň hukugy bardyr.

Ýerine wekilçilik edilýän adamlar öz ygtyýarly wekillerini belleýänçäler ýa-da hukuklaryny we bähbitlerini goramagy öz üstlerine alýançalar şeýle wekilçilik dowam edýär.

 

34-nji madda

 

Konsul Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň graždanlarynyň harby uçetyny alyp barýar we Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan erkek adamlarynyň hakyky harby gulluga çagyrylmagy üçin Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýerindäki harby komissariata barmagyny üpjün edýär.

 

35-nji madda

 

Konsul konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň degişli instansiýalaryna sud dokumentlerini ýa-da suda dahylly bolmadyk dokumentleri berýär, şeýle hem sud tabşyryklaryny ýa-da hereket edýän halkara ylalaşyklaryna laýyklykda, eger şeýle ylalaşyklar ýok bolsa, onda konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň kanunçylygyna ters gelmeýän islendik başga tertipde Türkmenistanyň sudlaryna görkezmeleri bermek baradaky tabşyryklary gowşurýar.

 

36-njy madda

 

Türkmenistanyň graždanlygynda durýan we Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan çagany ogullyga (gyzlyga) almak barada karar kabul etmäge konsulyň hukugy bardyr.

Eger çagany ogullyga alýan adam Türkmenistanyň graždanlygynda durmaýan bolsa, onda ogullyga almak üçin Türkmenistanyň şoňa ygtyýarly organynyň rugsadyny almak zerurdyr.

 

37-nji madda

 

Konsul öz konsullyk okrugynda bolýan Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedik, ata-enesiniň howandarlygyndan jyda düşen graždanlaryna hossarlyk etmegi we howandarlyk etmegi guramak üçin çäreler görýär.

Konsul şeýle hem saglyk ýagdaýy boýunça öz hukuklaryny özbaşdak amala aşyrmagy başaryp bilmeýän we öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýeten graždanlaryna hossarlyk we howandarlyk etmegi bellemek üçin çäreler görýär.

 

38-nji madda

 

Konsul Türkmenistanyň graždany aradan çykandan soňra, galan onuň emlägini goramak barada çäreler görýär.

Eger galan emläk tutuşlygyna ýa-da bölekleýin zaýa bolup başlan zatlardan ybarat bolsa, şonuň ýaly-da ony saklamaklyk çakdan aşa gymmat düşýän bolsa, mirasdüşer bilen ylalaşyp konsulyň şol emlägi satmaga we düşen pullary degişli eýesine ibermäge hukugy bardyr.

 

39-njy madda

 

Miras goýlan emlägi Türkmenistanda ýerleşýän mirasdüşerlere bermek üçin konsulyň zerur çäreleri görmäge haky bardyr.

 

40-njy madda

 

Konsul Türkmenistanyň graždanlaryna degişli bolan pullary-gymmatly zatlary, gymmatly kygyzlary we dokumentleri saklamak üçin kabul edip biler.

Saklamaga berlen emlägiň eýesi aradan çykan halatynda, şeýle emlägi şu Kanunyň 38-nji maddasynyň düzgünleri ulanylýar.

 

41-nji madda

 

Konsul Türkmenistanyň tussag astyna alnan (tussag edilen) graždany babatynda, ýa-da jenaýat işini etmekde şübhelenip saklanylýan, ýa-da azatlygyny çäklendirýän başga çärelere sezewar edilen adamlar babatynda, ýa-da azatlykdan mahrum edilmek görnüşinde öz jeza çäresini çekýän, şonuň ýaly-da sud ýa-da administratiw taýdan täsir etmegiň başga çärelerine sezewar edilýän adamlar babatynda konsullyk edaranyň ýerleşýän döwletiniň kanunlarynyň, we Türkmenistan bilen şol döwletleriň arasynda baglaşylan şertnamalaryň berjaý edilişine gözegçilik etmäge borçludyr.

Konsul gyzyklanýaň taraplaryň haýyşy we öz inisiatiwasy boýunça Türkmenistanyň graždanlarynyň tussaglykda saklanylýan ýerlerine baryp görmäge we olaryň saklanylýan şertlerini anyklaşdyrmaga borçludyr.

Konsul şeýle graždanlaryň gigiena we sanitariýa talaplaryna laýyk gelýän şertlerde saklanylmagyna we olara ýowuz daraşylmagyna hem adamkärçilik mertebesini peseldýän görnüşde saklanmaga sezewar edilmez ýaly gözegçilik etmäge borçludyr.

 

42-nji madda

 

Türkmenistana gelmäge, Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistanyň çäkleriniň üsti bilen geçip gider ýaly wizalary bermäge, şolaryň möhletini uzaltmaga, berlen wizalara üýtgetmeler girizmäge konsulyň hukugy bardyr.

 

43-nji madda

 

Konsulyň öz konsullyk okrugynda hemişelik ýaşaýan adamlardan Türkmenistanyň graždanlygynyň meseleleri boýunça ýazylan arzalary kabul etmäge we şolary zerur dokumentler bilen bilelikde, soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ugratmaga hukugy bardyr.

 

44-nji madda

 

Konsulyň öz konsullyk okrugynda ýaşaýan adamlaryň Türkmenistanyň graždanlygyna degişliligini kesgitlemäge hukugy bardyr.

 

45-nji madda

 

Konsul Türkmenistanyň çäklerinden daşarda, onuň konsullyk okrugynyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan adamlaryň Türkmenistanyň graždanlygyny ýitirenlerini bellige alýar.

 

46-njy madda

 

Konsul Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň graždanlarynyň graždan ýagdaýlarynyň aktlaryny bellige alýar.

Konsul öz konsullyk okrugynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň graždanlarynyň graždan ýagdaýlarynyň aktlarynyň ýazgylaryna üýtgetmeler, düzedişler we goşmaçalar girizmek hakynda, ýitip giden ýazgylary gaýtadan dikeltmek hakynda, şeýle hem adyny, atasynyň, adyny, familiýasyny çalyşmak baradaky arzalaryny kabul edýär we şolary ygtyýarly organlaryň garamagyna iberýär.

 

47-nji madda

 

Konsul Türkmenistanyň deňiz ýa-da howa gämilerinde kimdir biriniň doglandygy ýa-da aradan çykandygy baradaky maglumatlary alandan soňra, Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, çaganyň doglandygy ýa-da biriniň aradan çykandygy hakyndaky akty bellige alýar.

 

48-nji madda

 

Konsul tarapyndan graždan ýagdaýlarynyň aktlaryny bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň, Ýustisiýa ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

 

 

V.bap

NOTARIAL HEREKETLER, KONSULLYK TASSYKLAMAKLYK, KONSULLYK ÝYGYMLAR

 

49-njy madda

 

Konsul şu aşakdaky notarial hereketleri berjaý edýär, ýagny:

a) geleşikleri (şertnamalar, wesýetnamalar, ynanç hatlary we ş. m.) tassyklaýar, Türkmenistanda ýerleşýän gozgalmaýan emlägiň elden alynmagy we girewine goýulmagy baradaky şertnamalar muňa girmeýär;

b) miras goýlan emlägi goramak üçin çäreler görýär;

w) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýär;

g) är-aýalyň umumy emläginiň, belli bir bölegine eýeçilik etmäge hukugynyň bardygy hakynda şahadatnama berýär;

d) dokumentleriň kopiýalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrudygyny tassyklaýar;

e) dokumentlerdäki gollaryň hakykydygyny tassyklaýar;

j) dokumentleriň bir dilden başga bir dile terjimesiniň dogrudygyna şaýatlyk edýär;

z) graždanyň diri gezip ýörendiginiň faktyny tassyklaýar;

i) graždanyň belli bir ýerde bolýandygynyň faktyny kepillendirýär;

k) graždanlyk fotografiýa kartoçkasynda şekillendirilen ýüz keşbi bilen kybapdaşdygyna güwä geçýär;

l) dokumentleriň görkezilen wagtyna güwä geçýär;

m) pul summalaryny we gymmatly kagyzlary depozite kabul edýär;

n) ispolnitel- ýagzylary amala aşyrýar;

o) dokumentleri saklamaga kabul edýär;

p) subutnamalary üpjün edýär;

r) deňiz protestlerini amala aşyrýar.

Türkmenistanyň kanunçylygynda konsullar tarapyndan berjaý edilmegi özge notarial hereketler hem göz öňünde tutulyp bilner.

Konsul tarapyndan notarial hereketleri berjaý etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

 

50-nji madda

 

Notarial hereketler Türkmenistanyň konsullyk edarasynda berjaý edilýär. Käbir halatlarda notarial hereketler agzalan edaralardan başga ýerde hem berjaý edilip bilner.

 

51-nji madda

 

Notarial hereketleri berjaý edýän konsul geçirilýän notarial hereketleriň syryny aýan etmezlige borçludyr.

Berjaý edilen notarial hereketler hakynda sprawkalar we dokumentler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýylykda berilýär.

 

52-nji madda

 

Notarial hereketler bu iş üçin ähli zerur bolan dokumentler getirilen güni, konsullyk ýygymlary tölenilende we hakyky çykdajylaryň öwezi dolunanda berjaý edilýär.

Goşmaça maglumatlary we dokumentleri talap etmek zerur bolanda ýa-da dokumentleri ekspertiza ibermeli bolanda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan özge esaslara görä notarial hereketleriň berjaý edilmegi gaýra goýlup bilner.

 

53-nji madda

 

Notarial taýdan tassyklanylýan geleşiklere, şeýle hem arzalara we özge dokumentlere notarial hereketleri berjaý edýän konsullugyň gatnaşmagynda gol çekilýär. Eger geleşige, arza ýa-da başga bir dokumente konsulyň ýok wagtynda gol çekilen bolsa, onda gol çeken adamyň hut özi dokumente özüniň gol çekendigini tassyklamalydyr.

Notarial hereketleri berjaý edýän konsul Türkmenistan graždanlaryna olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge olara berjaý edilýän notarial hereketleriniň netijeleri barasynda  duýdurmaga borçludyr.

 

54-nji madda

 

Konsul öz adyna we öz adyndan, öz aýalynyň (adamsynyň) adyna we adyndan, aýalynyň (adamsynyň) we öz gös-göni kowum-garyndaşlarynyň adyna we adyndan notarial hereketleri berjaý edip bilmez.

 

55-nji madda

 

Konsullyk edarasynda notarial işi alyp barmak konsullyk edarasynda işiň alnyp barylýan dilinde berjaý edilýär.

Eger notarial  hereketi berjaý etmek üçin ýüzlenen adam işiň alnyp barylýan dilini bilmeýän bolsa, onda resmileşdirilýän dokumentleriň ýagzylary oňa notarial hereketlerini berjaý edýän konsul tarapyndan ýa-da konsula belli bolan terjimeçi tarapyndan terjime edilmelidir.

 

56-njy madda

 

Eger Türkmenistanda ýaşaýan Türkmenistanyň graždanlarynyň peýdasyna mirasyň barlygynyň üsti açylyp, şol konsula mälim bolan bolsa, onda ol miras hakyndaky we bolup biläýjek mirasdüşerler baradaky özüne mälnm bolan ähli maglumatlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine haýal etmän habar berýär.

 

57-nji madda

 

Eger notarial hereketiň, berjaý edilmegi Tükmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän bolsa, onda konsul şeýle hereketi berjaý etmekden ýüz dönderýär.

Eger dokumentler Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa ýa-da öz mazmuny boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine zyýan ýetirip biljek bolsa, ýa-da onuň graždanlarynyň at-abraýyna we mertebesine şek ýetirip biljek maglumatlary özünde saklaýan bolsa, onda konsul notarial hereketleri berjaý etmek üçin dokumentleri kabul etmeýär.

Notarial hereketi berjaý etmekden ýüz dönderilen adamynyň haýyşy boýunça, oňa ýüz döndermegiň sebäpleri beýan edilmelidir we şikaýat etmegiň, tertibi düşündirilmelidir.

 

58-nji madda

 

Konsul notarial hereketi berjaý edeninde iki döwletiň, gatnaşmagyndaky halkara şertnamalaryny hem hasaba almak bilen, Türkmenistanyň we konsullygyň ýerleşýän döwletiniň kanunçylygyny goldanýar.

Konsul konsullygyň ýerleşýän döwletiniň talaplaryna laýyklykda düzülen dokumentleri kabul edýär we eger Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän bolsa, şol ýurduň kanunçylygynda göz öňünde tutulan görnüşde, tassyklaýjy ýazgylary berjaý edýär.

 

59-njy madda

 

Konsul konsullyk okrugynyň häkimiýetleriniň gatnaşmagynda düzülen ýa-da şol häkimiýetlerden gelip çykýan dokumentleri we aktlary tassyklaýar.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistan bilen konsullygyň ýerleşýän döwletiniň gatnaşmagynda kabul edilen halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti we dolaldyryş organlary, kärhanalary we guramalary şeýle dokumentleri we aktlary diňe konsullyk tassyklamasy bar bolan ýagdaýynda seredilmäge alýarlar.

Konsullyk tassyklaýyş şol dokumentlerdäki we aktlardaky çekilen gollaryň hakykylygyny anyklamakdan we tassyklamakdan hem onuň ýerleşýän döwletiniň kanunlaryna şolaryň laýyklygyny bellemekden ybaratdyr.

Konsullyk tassyklamagyň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bellenilýär.

 

60-njy madda

 

Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän ýa-da öz mazmuny boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine zeper ýetirip biljek ýa-da graždanlaryň, at-abraýyna we mertebesine şek ýetirip biljek maglumatlary özünde saklaýan dokumentler we aktlar tassyklanylmaga degişli däldir.

 

61-nji madda

 

Daşary ýurtlarda ýerine ýetirilýän konsullyk hereketleri üçin lonsullyk ýygymlary alynýar.

Görkezilen hereketleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bolan hakyky çykdajylar hem tölenilmäge degişlidir.

 

62-nji madda

 

Konsullyk ýygymlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyet ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan tassyklanylýan Konsullyk hyzmatlar üçin ýygymlaryň, tarifine laýyklykda alynýar.

 

63-nji madda

 

Aýratyn ýagdaýlarda Türkmenistanyň konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ylalaşyp, konsullyk ýygymlarynyň stawkasyny peseltmäge ýa-da käbir adamlary olaryň arzalary boýunça görkezilen ýygymlardan boşatmaga haky bardyr.

 

64-nji madda

 

Şu aşakdaky ýagdaýlarda konsullyk ýygymlary alynmaýar, ýagny:

a) Türkmenistan bilen konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletletiniň gatnaşmagynda konsullyk ýygymlaryny almakdan ýüz döndermek hakyndaky halkara şertnamasynyň bolan ýagdaýynda;

b) Türkmenistanyň, graždanlarynyň watana dolanmaklyk (repatriasiýa) meseleleri boýunça;

w) diplomatik pasportlary bar bolan daşary ýurtly graždanlara özara esasda wiza berlenligi üçin;

g) zähmet stažy hakynda, graždanlaryň sosial üpjünçiligi, aliment işleri boýunça we Türkmenistanyň, kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda dokumentleriň, talap edilip alynmagy we tassyklanandygy üçin.

 

VI bap

TÜRKMENISTANYŇ HARBY KORABLLARY,

HARBY-KÖMEKÇI GÄMILERI BABATYNDA KONSULYŇ WEZIPELERI

 

65-nji madda

 

Konsul konsullyk edaranyň ýerleşýän döwletinde öz konsullyk okrugynyň çäklerindäki portlarda, içerki we territorial suwlarda Türkmenistanyň bolýan harby korabllaryna we harby-kömekçi gämilerine (mundan beýläk olar "gämiler" diýlip atlandyrylýar) kenar bilen aragatnaşyk, ýerli häkimiýetler bilen özara gatnaşyklar, material-tehniki taýdan üpjünçilik we beýleki meselelerde olara hemme taraplaýyn ýardam bermäge borçludyr.

Konsul harby-deňiz (harby) attaşäniň bolmadyk ýagdaýynda, konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletinde konsullyk okrugynyň çäklerindäki portlara korabllaryň, girmegi bilen baglanyşykly bolan meseleleriň ählisini çözmäge gatnaşýar.

 

66-njy madda

 

Konsul konsullyk okrugynyň çäklerinde ýerleşýän porta ýakyn wagtda korabllaryň geljekdigi baradaky maglumaty alanda, şol porta girmek üçin losman zerur gerek bolan ýagdaýynda, losmanyň öz wagtynda korabla gelmegi üçin çäreleri görýär.

 

67-nji madda

 

Konsul korabl gelenden soňra, ýerli häkimiýetler bilen aragatnaşyk etmekde zerur gerek boljak maglumatlary korablyň komandirine haýal etmän habar berýär. Olarda hususan-da, şol ýeriň sanitar ýagdaýy hakynda, portuň düzgnleri barasynda, ýerine ýetirilmegi hökmany bolan ýa-da korablyň komandirine we ekipažyň agzalaryna goldanylmagy zerur bolan ýerli kanunlar we dessurlar barasynda habar berýär.

 

68-nji madda

 

Konsulyň hut özi ilkinji mümkinçilik bolan dessine gelen korabla ýa-da korabllar otrýadyna baryp görmäge borçludyr.

Konsul zerur bolan halatlarynda korablyň (korabller otrýadynyň) komandiri konsullygyň ýerleşýän döwletiniň wezipeli adamlarynyň ýanyna sapar bilen baranynda, onuň ýanynda bolýar.

 

69-njy madda

 

Konsullygyň ýerleşýän döwletinde korablyň ekipažynyň agyr hassalan agzasyny keselini bejertmek üçin goýlup gidilen halatlarynda, konsul bejerişiň gidişine esewan bolmalydyr we ony Türkmenistana ugratmagy üpjün etmelidir.

Korablyň ekipažynyň agzasy aradan çykan halatynda konsul ony zerur hormatlar bilen jaýlamak üçin ýa-da merhumyň jesedini Türkmenistana ugratmak üçin çäreleri görýär. Aradan çykanyň dokumentleri we şahsy emlägi Türkmenistana iberilýär.

 

70-nji madda

 

Korabllaryň heläkçiligi, çakyşmagy we özge deňiz hadysalary bolan halatynda konsul korabllara zerur bolan kömegi bermek üçin we hadysanyň bolup geçendigini degişli ýagdaýda ýuridik taýdan resmileşdirmek üçin elinden gelýän çäreleriň ählisini görýär.

 

71-nji madda

 

Konsul korablyň (korabllar otrýadynyň) komandirine öz ýokarda durýan komandowaniýesi bilen aragatnaşygyny ýola goýmaga kömek edýär, Şeýle hem korablyň gulluk poçtasyny ibermäge ýardam berýär.

 

72-nji madda

 

Konsul korablyň (korabllar otrýadynyň) komandirine korably ätiýaçlyk üçin alynýan oňat hilli önümler bilen we tiz doldurmaga kömek edip biljek ýerli firmalary (guramalary) hödürleýär we maglumatlary habar berýär. Şeýle hem korablyň komandiri tarapyndan berilýän ähli sçetlaryna we dokumentlerine wiza goýýar.

 

73-nji madda

 

Şu Kanunyň VI babynyň düzgünleri degişlilikde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň awiasiýasynyň samolýotlaryna (wertolýotlaryna) hem degişlidir.

 

VII bap

TÜRKMENISTANYŇ  GÄMILERI BABATYNDA KONSULYŇ WEZIPELERI

 

74-nji madda

 

Konsul konsullygyň ýerleşýän döwletiniň portlarynda, içerki we territorial suwlarda onuň konsullyk okrugynyň çäklerindäki gämilere konsullygyň ýerleşýän döwletiniň kanunçylygyna we Türkmenistan bilen konsullygyň ýerleşýän döwletiniň gatnaşmaklaryndaky halkara şertnamalaryna laýyklykda hukuklaryň we immunitetleriň doly möçberde berilmegine gözegçilik edýär.

 

75-nji madda

 

Konsul konsullygyň ýerleşýän döwletinde konsullyk okrugynyň çäklerindäki portlardaky, içerki we territorial suwlardaky gämileriň kapitanlaryna ýardam edýär we zerur kömegi berýär.

 

76-njy madda

 

Konsul konsullygyň ýerleşýän döwletleriniň portuna gäminiň gelendigi barada gäminiň kapitanynyň konsula mälim etmegine we ýüzüşiň geçişiniň ýagdaýlary baradaky maglumatlary habar berip durmagyna gözegçilik etmelidir.

Konsul konsullyk edarasyna kapitanyň gelmegini we gäminiň ýüzüş şertleri baradaky doklady talap etmäge haklydyr.

 

77-nji madda

 

Konsul gäminiň ýüzüşi döwründe we onuň orta geleli bäri gäminiň ekipažynyň düzüminde bolup geçen üýtgeşmeler barada gäminiň žurnalynda (ekipaž žurnalynda) bellik etmelidir.

 

78-nji madda

 

Konsulyň şu aşakdakylary hukugy bardyr, ýagny:

а) islendik wagt gämä baryp görmäge;

b) gäminiň porta gelmegine, ondan ýüzüp gitmegine we gäminiň portda bolmagyna ýardam bermäge;

w) gämide bolup geçen hadysanyň ýagdaýlaryny takyklamaga, kapitandan we gäminiň ekipažynyň agzalaryndan soraşdyrmaga;

g) kapitanyň we gäminiň ekipažynyň agzalarynyň arasynda döräp biljek zähmet jedellerini çözmäge ýardam bermäge.

 

79-njy madda

 

Konsul daşary ýurtdan gämi satyn alnan halatynda, oňa Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny dakyp ýüzüşe gider ýaly, wagtlaýyn şahadatnama ýazyp berýär.

Türkmenistanyň gämileri babatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalarynda göz önünde tutulan islendik deklarasiýany ýa-da başga dokumenti almaga, düzmäge ýa-da onuň dogrulygyny tassyklamaga konsulyň hukugy bardyr.

 

80-nji madda

 

Türkmenistanyň portlaryna tarap ugraýan Türkmenistanyň gämilerinde Türkmenistanyň graždanlaryny, poçtany we ýüki ugratmaga konsulyň hukugy bardyr.

 

81-nji madda

 

Eger zerurlyk ýüze çyksa, konsul gäminiň kapitanyna şahadagnama ýazyp berýär, şonda gäminiň gelen wagty we ugran wagty kapitanyň konsullyk edarasyna gelen güni,  barmaly porty,  ýolagçy sany, şeýle hem ugradylýan ýüküň sany, kysymy we orny görkezilýär.

 

82-nji madda

 

Eger konsulda bar bolan maglumatlara görä, gäminiň haýsydyr bir porta barmagy howatyrly, isenilmeýän bolsa ýa-da mümkin bolmasa, onda konsul ugrajak bolup duran gäminiň kapitanyna bu hakda duýdurmaga borçludyr.

 

83-nji madda

Iňňän zerur halatda konsulyň deňize tarap ýüzüşe ugrajak bolup duran gämini saklamaga ýa-da hatda ol ýük ýükleýiş-düşüriş işlerini gutarmadyk hem bolsa, kapitanyň bellän möhletinden ir ugramagyny talap etmäge haky bardyr. Şonda gäminiň žurnalynda gäminiň saklanmagynyň sebäplerini görkezýän ýa-da gäminiň haýal etmän gitmegini talap edýän degişli bellik ýazylýar.

 

84-nji madda

 

Konsul korablyň, heläk bolmagy ýa-da gäminiň heläkçiligi halatynda ýolagçylary, ekipažy, gämini we ýüki halas etmek üçin elinden gelýän ähli çäreleri görmelidir.

 

85-nji madda

 

Konsul kapitandan gäminiň ýa-da ýüküň heläkçilik çekendigi ýa-da zaýa bolandygy hakyndaky, ýa-da gäminiň, ýa-da ýüküň çak edilýän zaýalygy hakyndaky maglumaty kabul edýär, şeýle hem gäminiň kapitanynyň haýyşy boýunça deňiz protesti hakyndaky akty düzýär.

Deňiz protesti hakyndaky akt kapitanyň habary esasynda, gämi žurnalynyň maglumatlary, şeýle hem kapitanyň özünden we mümkin boldugyça, gäminiň komandirler düzüminiň hataryndan bolan adamlardan şaýatlaryň azyndan ikisinden we gäminiň komandasyndan iki şaýatdan soraşylyp görülmegi netijesinde düzülýär. Deňiz protesti hakyndaky akty konsul öz goly we gerbli möhüri bilen tassyklaýar.

Kapitanyň haýyşy boýunça, deňiz protesti barada onuň aýdanlygy dogrusynda oňa şahadatnama we deňiz protesti hakyndaky akt berilýär.

 

86-njy madda

 

Konsul heläkçilige uçran korablyň ýa-da başga awariýa uçran gäminiň ýolagçylaryna we ekipažyň agzalaryna ýardam bermäge borçludyr, şol sanda zerur halatlarda olary Türkmenistanyň gaýtaryp getirmäge ýardam bermelidir.

 

87-nji madda

 

Konsul ýüzüş döwründe ýa-da daşary ýurt portlarynyň birine durka gäminiň ýolagçylaryndan ýa-da onuň ekipažynyň agzalaryndan kimdir biri näsaglan halatynda, ekipažyň näsaglan agzasyny konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletlerindäki kesel bejeriş edarasyna ýerleşdirmek üçin ýardam bermäge borçludyr.

 

88-nji madda

 

Konsullygyň ýerleşýän döwletinde gäminiň agyr hassalan ýolagçysy ýa-da onuň ekipažynyň agzasy keselini bejertmek üçin goýlup gidilen halatynda, konsul bejerişiň gidişine esewan bolmaga we ony Türkmenistana ugratmagy üpjün etmäge borçludyr.

Gäminiň ekipažynyň agzasy aradan çykan halatynda, konsul merhumyň jesedini Türkmenistana ugratmak üçin ýa-da ony ähli hormatlar bilen jaýlamak üçin çäreler gürýär.

 Merhumyň dokumentleri we şahsy emlägi Türkmenistana iberilýär.

 

VIII bap

TÜRKMENISTANYŇ GRAŽDAN HOWA GÄMILERI BABATYNDA KONSULYŇ WEZIPELERI

 

89-njy madda

 

Konsul Türkmenistanyň graždan howa gämisiniň (mundan beýläk «howa gämisi» diýlip atlandyrylýar) komandirine, ekipažyna we ýolagçylaryna konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň häkimiýetleri bilen aragatnaşyklarynda olara ýardam bermelidir; şeýle hem ol zerur ýagdaý ýüze çykan halatynda howa gämisini, onuň ekipažyny we ýolagçylaryny Türkmenistana gaýtaryp getirmek üçin ýa-da uçuşy dowam etdirmek üçin ähli çäreleri görmelidir.

 

90-njy madda

 

Konsulyň şu aşakdakylara hukugy bardyr, ýagny:

a) howa gämisiniň aeroporta uçup gelmegine, ondan uçup gitmegine we howa gämisiniň aeroportda bolmagyna ýardam etmäge;

b) howa gämisinde bolup geçen hadysanyň ýagdaýlaryny  anyklamaga, gäminiň komandirinden we ekipažyň agzalaryndan soraşdyryp çykmaga;

ç) zerur bolan halatynda howa gämisiniň, ekipažynyň agzalaryny we ýolagçylaryny bejeriş bilen üpjün etmäge we Türkmenistana ugratmaga;

d) Türkmenistanyň kanunçylygy ýa-da Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary tarapyndan howa gämileri barasynda göz öňünde tutulan islendik deklarasiýany ýa-da başga dokumenti almaga, düzmäge, tassyklamaga.

 

91-nji madda

 

Konsul konsullyk okrugynyň çäklerinde howa gämisiniň, heläkçilige uçramagy, mejbury ýagdaýda gonmagy ýa-da başga hadysanyň bolan halatynda ekipaža we ýolagçylara zerur bolan kömegi berýär.

Konsul şeýle hem heläkçilige uçran ýa-da mejbury ýagdaýda gonan howa gämisini, ýükleri we hadysanyň häsiýetine şaýatlyk edýän maddy delilleri gorar ýaly özüne bagly bolan ähli çäreleri görýär we Türkmenistanyň spesialistlerine bolup geçen uçuş hadysasyny derňemäge ýardam edýär.

 

92-nji madda

 

Konsul howa gämisiniň bortunda jenaýat edilen halatynda howa gämisiniň, komandirine Türkmenistanyň kanunçylygyndan we Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmäge ýardam berýär.

 

93-nji madda

 

Türkmenistanyň graždanlaryny, poçtany we ýükleri onuň aeroportlaryna uçýan Türkmenistanyň howa gämilerinde ugratmaga konsulyň hukugy bardyr.

 

IX bap

KONSULYŇ AWTOMOBIL, DEMIR ÝOL TRANSPORTY WE DERÝA FLOTUNYŇ GAMI  SERIŞDELERI BABATDAKY WEZIPELERI

 

94-nji madda

 

Konsul awtomobil, demir ýol transporty we derýa flotunyň gämi serişdeleri babatda konsullyk wezipelerini ýerine ýetireninde şu Kanunyň we VII we VIII baplaryndaky düzgünleri goldanýar.

 

X bap

SANITARIÝA, FITOSANITARIÝA WE WETERINARIÝA GORAGY BABATDA KONSULYŇ WEZIPELERI

 

95-nji madda

 

Konsul öň karantin kesellerden abat bolan çäklerde karantin keselleri ýüze çykan mahaly, keseliň tutaşan etrabynyň adyny, bolan hadysanyň sanyny we epidemiýanyň garşysyna ýerli häkimiýetleriň gören çärelerini görkezmek bilen bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine haýal etmän habar berýär.

Konsul Türkmenistana barmaga rugsat alan graždanlara Türkmenistana baranda sanjym edilendigi hakyndaky halkara sertifikatlaryny görkezmegiň zerurdygy barada habar berýär.

 

96-njy madda

 

Konsul konsullyk okrugynyň çäklerinde howply keseller ýa-da oba hojalyk ösümliklerine zyýan ýetirijiler peýda bolanda, şeýle hem mallar we guşlar köpçülikleýin kesellän halatynda ýa-da adamlar we mallar üçin umumy keselleriň ýaýramak howpy ýüze çykanda bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine haýal etmän habar berýär.

 

97-nji madda

 

Konsul Türkmenistana barmaga rugsat alan graždanlara Türkmenistana baranda mallara, çig mala we maldan alynýan önümlere weterinariýa sertifikatlaryny görkezmegiň zerurdygy barada we Türkmenistana tohumlary, göterip oturan ösümlikleri, oturtmak üçin materialy, ter gök önümleri we miweleri äkitmegiň düzgünleri hakynda habar berýär.

 

XI bap

HORMATLY (ŞTATDAN DAŞARY) KONSULLAR

 

98-nji madda

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi konsullyk edaralarynyň ýerleşýän döwletleri bilen ylalaşyp, aýry-aýry konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmegi hormatly (ştatdan daşary) konsullara tabşyryp biler.

Türkmenistanyň graždanlary ýaly, daşary ýurtlar hem hormatly (ştatdan daşary) konsul bolup biler.

 

99-njy madda

 

Hormatly (ştatdan daşary) konsullaryň wezipeleri we olary bellemegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklaýan Düzgünnamasy arkaly kesgitlenilýär.

Hormatly (ştatdan daşary) konsullar Türkmenistanyň döwlet gullugynda durmaýar.

 

Türkmenistanyň   Saparmyrat

 Prezidenti            Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 18-nji iýuny

 № 125-1

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 18.06.1996
Resminamanyň belgisi № 125-I