Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1992 ý. № 5, 37- madda.)

 

(Türkmenistanyň 12.04.1993 ý. № 832-XII we 18.08.2015 ý. № 274-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde alnyp barylýan maýa goýum işiniň hukuk, ykdysady we durmuş şertlerini kesgitleýär. Ol eýeçiligiň nähili formadadygyna garamazdan, maýa goýum işiniň subýektleriniň hukuklaryny, bähbitlerini hem-de emlägini deň derejede goramagy üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

I bap

UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Maýa goýumlar

 

Telekeçilik işiniň hem-de başga görnüşdäki işleriň obýektlerine goýum edilip goýulýaň, şonuň netijesinde hem peýda (girdeji) alynýan ýa-da durmuş netije gazanylýan emläk we intellektual (ruhy) gymmatlyklaryň hemme görnüşi maýa goýumlar hasaplanýar.

Şeýle gymmatlyklara aşakdakylar degişlidir:

pul serişdeleri, belli maksat üçin niýetlenen bank goýumlary, paýlar, paýnamalar we beýleki gymmatly kagyzlar;

gozgalýan we gozgalmaýan emläk (jaýlar, desgalar, enjamlar hem-de beýleki maddy gymmatlyklar);

awtorlyk hukugyndan gelip çykýan emläk hukugy, «nou-hau» tejribesi (guramaçylyk, ylmy-tehniki, tehnologiki, täjirçilik bilimleri) hem-de beýleki intellektual gymmatlyklar;

ýerden hem-de beýleki tebigy baýlyklardan peýdalanmak hukugy, şeýle hem beýleki emläk hukuklary;

beýleki gymmatlyklar.

Esasy gaznalary artdyryp, täzeläp durmakda maýa goýumlar düýpli maýa goýumlary görnüşinde amala aşyrylyp bilner.

 

2-nji madda. Maýa goýum işi

 

1. Maýa goýum işi diýlende döwletiň, fiziki we ýuridiki taraplaryň maýa goýumlary durmuşa geçirmek barada edýän praktiki hereketleriniň tutuş jemine düşünilýär.

2. Maýa goýum işi şu aşakdakylar esasynda amala aşyrylýar:

eýeçiligiň haýsy görnüsine degişlidigine garamazdan, fiziki taraplaryň, hojalyk assosiasiýalarynyň, jemgyýetleriň we şereketleriň, şeýle hem jemgyýetçilik we dini guramalaryň, gaýry ýuridik taraplaryň amala aşyrýan maýa goýmak işi esasynda;

Türkmenistanyň häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan býujet serişdeleriniň, býujete degişli däl gaznalaryň hem-de karz serişdeleriň hasabyna, şeýle hem döwlet kärhanalary we edaralary tarapyndan öz serişdeleriniň hem-de karz serişdeleriň hasabyna döwletiň amala aşyrýan inwestirleme işi esasynda;

Daşary ýurt döwletleriniň, ýuridiki we fiziki taraplaryň şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň amala aşyrýan maýa goýma işi esasynda;

Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň, ýuridiki hem-de fiziki taraplaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň bileleşikli amala aşyrýan maýa goýmak işi esasynda.

 

3-nji madda. Maýa goýum işiniň obýektleri

 

Maýa goýum işiniň obýektlerine hojalyk işiniň ähli pudaklarynda we ugurlaryynda täzeden döredilýän hem-de döwrebaplaşdyrylýan (täzelenýän) esasy gaznalar we dolanyşyk serişdeleri, gymmatly kagyzlar, belli maksada niýetlenen pul goýumlary, ylmy-tehniki önümler, intellektual gymmatlyklar, beýleki eýeçilik obýektleri, şeýle hem emläk hukuklary girýär.

Eger döredilýän we ulanylýan obýektler ýer titremesine (seýsmiki taýdan) çydamlyygy, ýangyn partlama howpsuzlygy baradaky kadalara, sanitariýa-gigiýena, ekologiýa we şäher gurluşygy baradaky talaplara laýyk gelmeýän bolsa, raýatlaryň, ýuridik taraplaryň we döwletiň kanun arkaly goralýan hukuklaryna we bähbitlerine zyýan ýetirýän bolsa, şeýle obýektleri maýa goýmak gadagan edilýär.

 

4-nji madda. Maýa goýum işiniň subýektleri

 

1. Daşary ýurt döwletleriniň fiziki hem-de ýuridik taraplary, şeýle hem gös-göni şol döwletleriň özleri maýa goýum işiniň subýektleri (maýa goýujylary we oňa gatnaşýanlar) bolup bilerler.

2. Hususy, karz alnan we çekilen emläk hem-de intellektual gymmatlyklary goýuma goýmak hakynda kararlary kabul edýän maýa goýum işiniň subýektleri ‒maýa goýujylar bolup durýarlar. Maýa goýujylar goýumçylar, algydarlar, satyn alyjylar hökmünde çykyş edip, şeýle hem maýa goýum işine gatnaşýan her bir subýektiň wezipesini ýerine ýetirip bilerler.

3. Maýa goýumlaryň buýurmalary ýerine ýetirijiler hökmünde ýa-da maýa goýujyň tabşyrmagy esasynda amala aşyrylmagyny üpjün edýän Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň fiziki we ýuridik taraplary maýa goýum işine gatnaşýanlar hasaplanýar.

 

5-nji madda. Türkmenistanyň maýa goýum işi hakyndaky kanunlary

 

Türkmenistanda maýa goýum işi amala aşyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar şu Kanun bilen hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Maýa goýum iş aşakdakylar bilen düzgünleşdirilýär:

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki subýektleri - maýa goýum iş haýsy döwletiň çäginde amala aşyrylýan bolsa, şol döwletiň kanunlary bilen, degişli halkara ylalaşyklary we döwletara şertnamalary bilen, şeýle hem Türkmenistanyň ýörite kanunlary bilen;

Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky subýektleri - şu Kanun we Türkmenistanyň ýörite kanunlary bilen.

 

II BAP

MAÝA GOÝUM IŞI AMALA AŞYRMAK

 

6-njy madda. Maýa goýujylaryň hukuklary

 

1. Maýa goýujylaryň hemmesiniň maýa goýum işini amala aşyrmakda hukuklary deňdir.

Maýa goýujyň şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kanunlarynda gadagan edilmedik obýektlere maýa goýum işi üçin emläk we intellektual gymmatlyklaryny ulanmagy hiç bir hili çäklendirilmedik ýagdaýda olaryň mizemez hukugy diýlip hasap edilýär hem-de kanun üsti bilen goralýar.

2. Maýa goýujy amala aşyrýan maýa goýumlarynyň möçberini, ugruny we netijeliligini özbaşdak kesgitleýär hem-de öz islegine görä, maýa goýumlary durmuşa geçirmek üçin zerur fiziki we ýuridik taraplary şertnama esasynda çekýär.

3. Maýa goýumlara hem-de olaryň durmuşa geçirilmegi bilen gazanylan netijelere eýelik etmek, olary ulanmak, olara erk etmek hukugy maýa goýujyň karary esasynda kanunda bellenen tertipde beýleki fiziki we ýuridiki taraplara berlip bilner. Şeýle hukuk berlende taraplaryň özara gatnaşyklary şertnamalar esasynda düzgünleşdirilýär.

4. Maýa goýmak üçin karz bermek, kanunda bellenen tertipde gymmatly kagyzlary we zaýomlary çykarmak görnüşindäki maliýe serişdeleri çekilip bilner.

Maýa goýujy emlägini özüniň borçnamalaryny berjaý etmek üçin ulanyp biler. Diňe karz alyjynyň eýeçiliginde bolan ýa-da hojalygy doly ýöretmek hukugy esasynda oňa degişli bolan emläk, eger Türkmenistanyň kanunçylyk aktlarynda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, girewe kabul edilýär. Girew goýlan emläk girew borçnamalarynyň bozulmagyna ýol berlende kanunda bellenen tertipde satylyp bilner.

5. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda maýa goýujy maýa goýumlaryň, şol sanda hem ýaňadan goýlan maýa goýumlaryň we söwda amallarynyň obýektlerine hem-de netijelerine eýelik etmäge, olary peýdalanmaga we olara erk etmäge haklydyr.

Türkmenistanyň kanunlarynda şeýle obýektler kesgitlenip, ýagny maýa goýum goýlanda özlerine eýeçilik etmek hukugyny edinmäge getirmeýän, ýöne geljekde maýa goýujyň, eýelik etmek, operatiw dolandyrmak ýa-da özlerini ulanmakdan peýda alynmagyna gatnaşmak mümkinçiligini aradan aýyrmaýan obýektler, beýleki döwletleriň maýa goýujylary üçin bolsa Türkmenistanyň çäginden daşary äkitmek hukugy berilýän obýektler kesgitlenip bilner.

6. Maýa goýujylaryň fiziki we ýuridik taraplardan özüne gerek emlägi gös-göni ýa-da araçy dellallaryň üsti bilen taraplaryň ylalaşmagy esasynda kesgitlenýän nyrhlarda we şertlerde hem-de çäklendirilmedik möçberde we nomenklaturada satyn almaga (eger munuň özi kanunlara ters gelmeýän bolsa) haky bardyr.

 

7-nji madda. Maýa goýum işiniň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklar

 

Maýa goýum işiniň subýektleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy hukuk resminamasy şertnamadyr (ylalaşykdyr).

Şertnama baglaşmak, hyzmatdaşlary saýlap almak, borçlary, hojalyklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň Türkmenistanyň kanunlaryna ters gelmeýän her bir beýleki şertlerini kesgitlemek işi diňe maýa goýum işiniň subýektleriniň ygtyýaryna girýär. Maýa goýum işiniň subýektleriniň arasynda şertnama gatnaşyklaryny durmuşa geçirmekde döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň gatnaşmagyna ýol berilmeýär, ýöne şu Kanunda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.

Fiziki we ýuridik talaplary maýa goýum işini amala aşyrmaga çekmek üçin maýa goýum işiniň subýektleriniň bäsleşikler («kim ýokary» söwdasyny) guramaga haky bardyr.

 

8-nji madda. Maýa goýum işiniň subýektleriniň borçlary

 

1. Maýa goýujy Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen halatlarda we tertipde şu aşakdakylara borçludyr:

Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen edaralaryna özüniň amala aşyrýan maýa goýumlarynyň möçberi we çeşmeleri hakyndaky deklarasiýany görkezmäge;

düýpli gurluşyk üçin degişli häkimiýet edaralaryndan we ýörite gulluklardan zerur ygtyýary hem razylygy almaga;

ýer titremesine (seýsmiki taýdan) çydamlylygy, ýangyn-partlama howpsuzlygy baradaky kadalaryň we düzgünleriň, sanitariýa-gigiýena, ekologiýa we şäher gurluşygy baradaky talaplaryň, berjaý edilişi jähtinden maýa goýum taslamalar babatda döwlet ekopertizasyna gelen netijesini almaga;

2. Maýa goýum işiniň subýektleri şu aşakdakylara borçludyrlar:

ölçegleri we standartlary berjaý etmäge (olary bellemegiň tertibi Türkmenistanyň kanunlary arkaly kesgitlenýär);

ynsapsyz bäsdeşik häsiýetlerine ýüz urmazlyga we monopoliýa garşy gönükdirilen talaplary ýerine ýetirmäge;

döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň öz ygtyýarlarynyň çäklerinde bildirýän talaplaryny ýerine ýetirmäge;

bellenen tertipde buhgalterlik we statistiki hasabaty bermäge.

3. Maýa goýum işine gatnaşyp, işleriň ýörite görnüşlerini, ýagny degişli hünär synagyndan geçmegi talap edýän görnüşlerini ýerine ýetirýän her bir adamyň (tarapyň) işiň şol görnüşini ýerine ýetirmäge hukuk berýän ygtyýarnamasy bolmalydyr. Şeýle işleriň sanawy hem-de olary ygtyýarlandyrmagyň tertibi Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan bellenýär.

 

9-njy madda. Maýa goýum işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

 

Maýa goýum işi aşakdaky serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar:

maýa goýujyň hut özüniň maliýe resurslarynyň (peýda, amortizasion serişdeler, toplanan pul maýasy, raýatlaryň, ýuridik taraplaryň süýşürintgileri we başgalar) hasabyna;

maýa goýujylaryň karz maliýe serişdeleriniň (obligasiýa görnüşdäki karzlar, bank we býujet kreditleri) hasabyna;

maýa goýujyň, çeken maliýe serişdeleriniň, (paýnamalary satmakdan alynýan serişdeler, raýatlaryň we ýuridik taraplaryň paý gatançlary hem-de beren gaýry pullary) hasabyna;

býujetdäki maýa goýum serişdeler.

 

III bap

MAÝA GOÝUM IŞINIŇ DÖWLET TARAPYNDAN  DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI WE DOLANDYRYLMAGY

 

10-njy madda. Maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň maksady

 

Maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň maksady Türkmenistanyň ykdysady, ylmy-tehniki we durmuş syýasatyny durmuşa geçirmekden ybaratdyr hem-de ol döwletiň ileri tutýan ugurlarynda maýa goýum işnii amala aşyrýan her bir maýa goýujy üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegini göz öňünde tutmalydyr. Maýa goýujy üçin ýeňillikli şertler döredilýän şeýle ähmiýetli pudaklaryň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar hem-de sebitler boýunça aýry-aýry tertipde wagtal-wagtal täzeden seredilip durulýar.

 

11-nji madda. Maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň formalary

 

1. Maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegine maýa goýum işiniň şertlerini düzgünleşdirmek hem-de döwlet maýa goýumlaryny gös-göni dolandyrmak işi girýär.

2. Maýa goýum işiniň şertleriniň döwlet tarapyndan düzgünleşdiriliş işini kanunlara laýyklykda Türkmenistanyň döwlet edaralary aşakdakylar arkaly amala aşyrýarlar:

salgyt hakyndaky kanunlarda göz öňünde tutulan salgyt ýeňillikleriniň ulgamy arkaly;

amortizasion syýasaty alyp barmak arkaly, şol sanda hem esasy gaznalary çalt amortizasiýalaşdyrmak  (könelişip sandan çykmagy) arkaly. Şunda amortizasiýa baradaky ýeňillikler ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklary we ugurlary, esasy gaznalary ň aýry-aýry elementleri, enjamlaryň aýry-aýry görnüşleri üçin aýratyn bellenilip bilner;

aýry-aýry sebitleri, pudaklary, önümçiligi ösdürmek dotasiýalar, subsidiýalar, subwensiýalar, býujet  ssudalary görnüşinde maliýe kömegini bermek arkaly;

karz syýasaty, döwlet ölçegleri we standartlary, monopoliýa garşy gönükdirilen çäreler; döwlet eýeçiligini, şol sanda hem gurlup gutarylmadyk gurluşygy başga eýeçilige geçirmek hem-de nyrh çykarmak syýasaty arkaly;

ýeden we beýleki tebigy baýlyklardan peýdalanmagyň şertleri arkaly, maýa goýum taslamalaryny bilermenden geçirmek arkaly.

Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen tertipde döredilýän býujetden daşgary maýa goýum gaznalar, şonuň ýaly-da kiçi kärhanalary goldamak gaznalary hem maýa goýum işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň ykdysady usullary hökmünde peýdalanylyp bilner.

Döwlet fiziki taraplaryň, hojalyk assosiasiýalarynyň, jemgyýetleriniň we şereketleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik hem-de dini guramalaryň, gaýry ýuridik taraplaryň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlarynda alyp barýan maýa goýum işini güýçlendirmek üçin, şeýle hem olary döwlet maýa goýum işine, şol sanda hem belli maksada niýetlenen kompleksleýin döwlet programmalaryny durmuşa geçirmek işine çekmek üçin aksýaýalary çykarmak we satmak, paýly wznoslary çekmek arkaly hem-de beýleki çäreler arkaly şert döredýär.

 

12-nji madda. Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen amala aşyrýan bileleşikli hereketi

 

Türkmenistan baglaşylan döwletara şertnamalaryna laýyklykda beýleki döwletler bilen maýa goýum işinde bileleşikli hereket edýär, munuň özi hojalyk kanunlaryny biri- birine ýakynlaşdyrmak hem-de maýa goýumlar baradaky belli maksat üçin niýetlenen bilelikdäki döwlet ylmy-tehniki, ykdysady, durmuş, ekologiki maksatnamalary hem-de umumy bähbidi bolan beýleki maksatnamalary, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň hem-de heläkçilikleriň netijelerini ýok etmek programmalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek barada ýöredilýän syýasaty özara ylalaşmak arkaly, regionlary ösdürmek we ilata durmuş taýdan goldaw bermek gaznalaryny döretmek hem-de ulanmak arkaly durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan öz çäginde maýa goýumlary amala aşyrmagyň tertibini belleýär hem-de maýa goýumlaryň goralmagyny üpjün edýär.

 

13-nji madda. Döwlet maýa goýumlary baradaky kararlary kabul etmegiň tertibi

 

1. Döwlet maýa goýumlary baradaky kararlar Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüş çaklamalary hem-de öndüriji güýçleri ösdürmek we ýerleşdirmek  shemalary, belli maksat üçin niýetlenen ylmy-tehniki we toplumlaýyn döwlet maksatnamalary esasynda hem-de şol maýa goýumlaryň maksada laýykdygyny kesgitleýän tehniki-ykdysady esaslandyrmalar esasynda kabul edilýär.

2. Belli maksat üçin niýetlenen döwlet ähmiýetli toplumlaýyn maksatnamalaryň taslamalary ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, dahylly döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde işlenip taýýarlanylýar.

3. Döwlet maýa goýumlary meýilnamalaşdyrylanda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň gatnaşmagynda şol maýa goýumlaryň belli maksat üçin niýetlenen döwlet ähmiýetli toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maýa goýumlaryň möçberine laýyk gelmegini üpjün edýär.

4. Döwlet býujetinden serişdeler diňe döwlet buýurmasynda bellenen möhüm gurluşyklar  üçin, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin goýberilýär.

 

14-nji madda. Düýpli gurluşykda döwlet maýa goýumlaryny bilermenler seljermesinden geçirmek we tassyklamak

 

1. Döwlet maýa goýumlarynyň hasabyna durmuşa geçirilýän, döwlet, döwletara we sebitleýin taslamalar, belli maksat üçin niýetlenen toplumlaýyn maksatnamalar Döwlet bilermen seljermesinden hökman geçirilmelidir hem-de Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenýän tertipde tassyklanmalydyr.

Bilermen seljermesi geçirilýärkä her bir pmaksatnamany ýa-da taslamany ozal kabul edilen maksatnamalar we taslamalar bilen baglanyşdyrmak işiniň maýa goýumlar bilen üpjün edilişi hakyndaky netijenama berilmelidir.

2. Obýektleri gurmak baradaky taslamalar, tehniki-ykdysady esaslandyrmalar hem-de tehniki-ykdysady hasaplamalar özleriniň haýsy çeşmeden maliýeleşdirilýändigine garamazdan, hökman Döwlet bilermen seljermesinden geçirilmelidir, ýagny ýer titremesine (seýsmiki taýdan) çydamlylyk, ýangyn we partlama howpsuzlygy, sanitariýa-gigiýena, ekologiýa kadalarynyň, şäher gurluşygy talaplarynyň berjaý edilmegi jähtinden döwlet bilermen seljermesinden geçirilmelidir.

 

15-nji madda. Düýpli gurluşyk üçin döwlet buýurmalaryny ýerleşdirmegiň tertibi

 

1. Döwlet maýa goýumlaryny durmuşa geçirmegiň bir görnüşleriniň biri düýpli gurluşyk üçin döwlet buýurmalarydyr.

2. Düýpli gurluşyga döwlet buýurmalary möhüm önümçilik kuwwatlaryny döretmek hem-de ileri tutulýan pudaklaryň we ugurlaryň önümçilige degişli bolmadyk obýektlerini gurmak üçin berilýär, şunda olary işe girizmegiň möhleti görkezilýär.

3. Döwlet buýurmasy düzgün bolşy ýaly, konkurs esasynda ýerleşdirilýär. Bazar gatnaşyklaryna geçiş döwründe Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň döwlet buýurmalarynyň, kärhanalar we guramalar üçin ykdysady taýdan peýdalylygyny nazarda tutup, maýa goýum işine gatnaşýan ähli döwlet kärhanalary we guramalary üçin hökmany bolan şol buýurmalary bellemäge haky bardyr.

Türkmenistanyň Ministrler kabineti döwlet buýurmasynyň ileri tutulyp ýerine ýetirilmegi baradaky ýenillikleriň we artykmaçlyklaryň şkalasyny tassyklaýar.

4. Obýektleri gurmak üçin niýetlenen döwlet buýurmasy Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde, şol obýektleri ýerleşdirmek işi ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bilen ylalaşylandan soň tassyklanýar.

5. Maýa goýum işine gatnaşýanlaryň islendik biri düýpli gurluşyk üçin döwlet buýurmasyny almak ugrundaky konkursa gatnaşmaga haklydyr.

6. Döwlet buýurmasynyň obýektleri Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellnen tertipde ulanmaga kabul edilýär.

7. Döwlet buýurmasynyň obýektleri baradaky potratçylar bilen gutarnykly hasaplaşyk Döwlet toparynyň namalary tassyklanandan soň geçirilýär.

 

16-njy madda. Döwlet maýa goýumlaryny gymmatly kagyzlara, depozitlere, gozgalýan we gozgalmaýaň emläge hem-de beýleki gymmatly zatlara goýmagyň tertibi

 

1. Döwlet maýa goýumlaryny gymmatly kagyzlara, depozitlere, gozgalýan we gozgalmaýan emläge hem-de beýleki gymmatly zatlara goýmagyň möçberi Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýar.

2. Ýokarda görkezilen ugurlar baradaky maýa goýum taslamalar Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde döwlet ekspertizasyndan geçirilýär.

 

17-nji madda. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň döwlet maýa goýumlaryny amala aşyryşy

 

Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary maýa goýmak işini şu Kanuna we Türkmenistanyň «Eýeçilik hakyndaky» Kanunyna laýyklykda amala aşyrýarlar.

 

18-nji madda. Maýa goýum işinde nyrh çykarmak

 

Maýa goýum işiniň barşynda önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) gymmaty esasan ylalaşylan nyrhlar boýunça, şol sanda hem bäsleşikde («kim ýokary» söwda) geçirmegiň netijeleri boýunça kestitlenýär, Türkmenistanyň döwlet býujetiniň hasabyna maliýelýeşdirilýän gurluşyklar barada bolsa soňra indeksirlemek şerti bilen çenlik bahalary boýunça kesgitlenýär.

Gurluşykdaky ylalaşylan nyrh dowam edip gelýän çenlik ölçeglerini hem-de nyrhlaryny (goşmaça edilen harajatlaryň öwezini tölemek bilen) kabul etme hökmünde peýdalanmak arkaly kesgitlenýär.

 

IV bap

HUKUKLARYŇ KEPILLENDIRILMEGI WE MAÝA

GOÝUMLARY GORAMAK

 

19-njy madda. Maýa goýum işiniň subýektleriniň hukuklarynyň kepillendirilmegi

 

1. Türkmenistan maýa goýum işiniň subýektleriniň hukuklarynyň durnukly bolmagyny kepillendirýär. Eger kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edilende olaryň düzgünleri maýa goýum işiniň subýektleriniň hukuklaryny çäklendirýän bolsa, şeýle halatda şol namalaryň degişli düzgünleri olaryň çap edilen pursatyndan beýläk azyndan 10 ýyl geçýänçä güýje girizilip bilinmez.

2. Döwlet edaralary maýa goýujylaryň we maýa goýum işine gatnaşýanlaryň hukuklarynyň bozulmagyna ýol berýän namalary kabul eden wagtynda, şol namalary kabul etmegiň netijesinde maýa goýum işiniň subýektlerine ýetirilen zyýanyň, şol sanda hem elden giderilen peýdanyň öwezini kazyýetiň karary esasynda şol organlar töleýär. Eger bu tölegi tölemek üçin şol döwlet edaralarynyň serişdeleri ýeterlik däl bolsa, onda şol zyýanyň öwezini degişli suratda Türkmenistanyň Ministrler kabineti töleýär.

Döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň maýa goýum işiniň subýektleriniň işine gatyşmaga haky ýokdur, ýöne kanunda göz öňünde tutulan hem-de şol edaralaryň we wezipeli adamlaryň öz ygtyýarlarynyň çäklerinde şol işe gatyşmagyna ýol berilýän halatlary muňa girmeýär.

Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan halatlar bolaýmasa, maýa goýujyň maýa goýmak obýektlerini saýlap almak hukugyny çäklendirmäge hiç kimiň haky ýokdur.

3. Maýa goýum işi şu aşakdakylaryň karary bilen ýatyrylyp ýa-da togtadylyp bilner:

maýa goýujylaryň karary bilen, şunda maýa goýujylar maýa goýum işine gatnaşýanlaryň çeken zyýanynyň öwezini töleýärler;

ygtyýarly edilen döwlet edaralarynyň karary bilen.

Döwlet organynyň maýa goýum işini ýatyrmak ýa-da togtatmak hakyndaky karary şu aşakdaky sebäplere görä kabul edilip bilner:

tölemäge ukypsyzlygy zerarly maýa goýujyň kanunda bellenen tertipde batyp galan diýip yglan edilmegi sebäpli;

tebigy betbagtçylyklar, awariýalar we şolar ýaly beýleki ahwalatlar sebäpli;

adatdan daşary ýagdaýyň girizilmegi sebäpli;

eger maýa goýum işiniň barşynda şol işiň dowam etdirilmegi kanunda bellenilen sanitariýa-gigiýena, ekologiýa kadalarynyň hem-de beýleki kadalaryň, raýatlaryň, ýuridik taraplaryň we döwletiň kanun arkaly goralýan hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň bozulmagyna getirjekdigi belli bolsa. Şeýle halatda maýa goýum işine gatnaşýanlara ýetirilen zyýanyň öwezini tölemegiň tertibi Türkmenistanyň kanunlary esasynda kesgitlenilýär.

 

20-nji madda. Maýa goýum işiniň subýektleriniň jogapkärçiligi

 

Maýa goýum işiniň subýektleri şertnamadaky borçnamalaryny berjaý etmedik mahalynda kanunlarda hem-de baglaşylan şertnamalarda göz öňünde tutulan emläk jogapkärçiligini we başga jogapkärçiligi çekýärler.

Şertnamalaryň şertleriniň bozulanlygy  üçin jerimäniň we temmi töleginiň, şeýle hem ýetirilen zyýanyň, öweziniň tölenilmegi günäkär tarapy, eger kanunda ýa-da şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, borçnamalary ýerine ýetirmekden boşatmaýar.

 

21-nji madda. Döwletleriň buýurmasyny ýerine ýetirmekdäki jogapkärçilik

 

1. Döwletiň buýurmasyny ýerine ýetirmek barada kabul edilen borçnamalar ýa-da kanuny esasda öz üstüne ýüklenilen borçlar ýerine ýetirilmedik ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmedik mahalynda kärhanalar we guramalar maýa goýum işiniň subýektleriniň öňünde öz borçnamalary boýunça emläk jogapkärçiligini çekýär. Şunda günäkär wezipeli adamlaryň, dowam edýän kanunlara laýyklykda hut özleri jogapkärçilik çekýärler.

2. Döwlet edaralary döwlet buýurmalaryny ýerine  ýetirmek bilen baglanyşykly borçnamalary ýerine ýetirmändikleri ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmändikleri üçin, öz gezeginde emläk jogapkärçiligini çekýärler, ýetirilen zyýanyň, şol sanda hem elden giderilen peýdanyň öwezini töleýärler.

3. Maýa goýum işine gatnaşýanlar döwlet zakazlaryny ýerine ýetirmek barada kanunlarda we baglaşylan şertnamalarda bellenen tertipde maýa goýujyň - Türkmemistanyň öňünde emläk jogalkärçiligini çekýärler.

 

22-nji madda. Maýa goýumlary goramak

 

1. Türkmenistan eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine we döwlete degişlidigine garamazdan, maýa goýumlaryň goralmagyny kepillendirýär. Maýa goýumlar Türkmenistanyň kanunlary bilen goralýar. Şunda ähli maýa goýujylara deňhukukly düzgün üpjün edilýär, maýa goýumlaryň dolandyrylmagyna, ulanylmagyna we ýatyrylmagyna päsgel berip biljek kemsidiji häsiýetdäki çäreleriň ulanylmagyna ýol berilmeýär, şeýle hem toplanan gymmatlyklary hem-de maýa goýumlaryň netijelerini ýurtdan äkitmegiň şertleri we tertibi göz öňünde tutulýar.

2. Maýa goýumlar öwezi tölenilmän millileşdirilip, mejbur edilip alnyp (rekwizirlenip) bilinmez ýa-da olar üçin netijeleri boýunça deň çäreler ulanylyp bilinmez. Şeýle çäreler diňe Türkmenistanyň kadalaşydyrjy hukuk namalary esasynda ulanylyp bilner, özem şunda maýa goýuja maýa goýum işiniň bes edilmegi sebäpli ýetirilen ýitgi doly möçberde tölenilýär.

Maýa goýujylaryň belli maksat üçin goýan ýa-da satyn alan bank goýumlary, paýnamalary we beýleki gymmatly kagyzlary, satyn alnan emläk üçin ýa-da kärende hukuklary üçin tölän tölegleri Türkmenistanyň kadalaşydyrjy hukuk namalaryna laýyklykda olaryň elinden alnan mahalynda olaryň öwezi maýa goýujylara tölenýär, ýöne maýa goýujylaryň hut özleriniň eden hereketleri ýa-da olaryň gatnaşmagy bilen edilen hereketler netijesinde peýdalanylan, harç edilen summalar muňa girmeýär.

3. Maýa goýum işiniň amala aşyrylmagy netijesinde ýüze çykan jedellere degişli kazyýetler garaýarlar.

4. Maýa goýum işine degişli bolan borçnamalaryň ýerine ýetirilmänligi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmänligi barada Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda ýüze çykýan jedeller gepleşikler arkaly ýa-da döwletara şertnamalary (ylalaşyklary) bilen kesgitlenilýän kazyýetlerde çözülýär.

5. Maýa goýumlar ätiýaçlandyrylyp bilner, kanunda bellenen halatlarda bolsa ätiýaçlandyrylmalydyr etdirilmelidir.

Şu Kanun onuň metbutatda çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti                                            S. NYÝAZOW

 

Aşgabat şäheri

1992-nji ýyl, 19-njy maý

№ 698 - XII

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 19.05.1992
Resminamanyň belgisi № 698-ХП