Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplaryny tassyklamak barada

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda çykaran 42-iş belgili

B U Ý R U G Y

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen

amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik

kadalaryna bildirilýän talaplaryny tassyklamak barada

 

“Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasynyň bäşinji bölegine laýyklykda, buýurýaryn:

1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplary degişli amallary amala aşyrýan şahslaryň dykgatyna ýetirmeli we görkezilen talaplaryň esasynda degişli amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan Içerki gözegçilik kadalarynyň kabul edilmegini tabşyrmaly.

3. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli.

4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ministriň orunbasary S.Jumaýewe, ministrligiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň, welaýat adalat bölümleriniň, Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň, Aşgabat şäher we welaýat adwokatlar kollegiýalarynyň ýolbaşçylaryna tabşyrmaly.

 

Ministr                                                                                 B.Muhamedow

 

Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet

ministri                                                                          B.Bazarow

«05» sentýabr 2019 ý.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet

ministrliginiň ýanyndaky Maliýe

gözegçiligi gullugynyň başlygy                                       D.Halbaýew

«05» sentýabr 2019 ý.

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda

çykaran 42-iş belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplar

 

 

1. Şu Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplar (mundan beýläk - Talaplar) “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Talaplar  pul serişdeleri we gaýry emläk bilen bagly amallary (geleşikleri) (mundan beýläk - amallary) amala aşyrýan adalat edaralary tarapyndan, müşderileriniň adyndan ýa-da olaryň tabşyrmagy boýunça pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallara gatnaşýan adwokatlar we hukuk kömegini bermek işini amala aşyrýan ygtyýarnamalylar  (mundan beýläk – amallary amala aşyrýan şahs) tarapyndan Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen içerki gözegçilik kadalaryny (mundan beýläk - Içerki gözegçilik kadalary) işläp taýýarlamak bilen bagly bildirilýän talaplary kesgitleýär.

2. Amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna (mundan beýläk - Kanun), beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara we şu Talaplara laýyklykda  Içerki gözegçilik kadalary işlenilip düzülýär, kabul edilýär we ýerine ýetirilýär.

Amallary amala aşyrýan şahs jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu Talaplaryň güýje giren wagtyndan başlap, iki aýdan gijä galman, Içerki gözegçilik kadalaryny kabul edýärler, şeýle hem şol kadalaryň berjaý edilmegi üçin jogapkärçilik çekýärler. Kabul edilen Içerki gözegçilik kadalarynyň nusgasy ýokarda duran (ygtyýarlylandyryjy) edara iberilýär.

Amallary amala aşyrýan şahsyň ýolbaşçysy Içerki gözegçilik kadalaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmegine gözegçilik edilmegini üpjün edýär.

3. Içerki gözegçilik kadalary:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket edilmegine gönükdirilen işleriň guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýär;

2) içerki gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, amallary amala aşyrýan şahsyň ýolbaşçysynyň we işgärleriniň borçlaryny we olaryň hereketleriniň tertibini belleýär;

3) içerki gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, borçlary ýerine ýetirmegiň möhletlerini hem-de şol borçlaryň berjaý edilmegine jogap berýän taraplary kesgitleýär.

4. Içerki gözegçilik kadalary içerki gözegçiligi amala aşyrmak boýunça aşakda görkezilen maksatnamalary özünde jemleýär:

1) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen içerki gözegçiligi guramagyň maksatnamasyny (mundan beýläk – içerki gözegçiligi guramagyň maksatnamasy);

2) müşderiniň töwekgelçiligini we tehnologik gazananlary peýdalanmagyň töwekgelçiligini hem goşmak bilen hyzmatlaryň jenaýatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagynyň töwekgelçiligini hasaba alýan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň töwekgelçiligini dolandyrmagyň maksatnamasyny (mundan beýläk - töwekgelçilige baha bermegiň maksatnamasy);

3) müşderileri, müşderileriniň wekillerini we benefisiarlary (mundan beýläk - müşderi) barabarlamagyň (identifikasiýanyň) maksatnamasyny (mundan beýläk - barabarlamagyň maksatnamasy);

4) müşderileriň çylşyrymly, adaty bolmadyk uly ýa-da adaty bolmadyk beýleki amallaryny hem goşmak bilen müşderileriň amallaryna gözegçilik etmegiň we olary öwrenmegiň maksatnamasyny (mundan beýläk - müşderiniň amallaryna gözegçilik etmegiň we olary öwrenmegiň maksatnamasy);

5) hökmany gözegçilige degişli diýlip hasaplanýan amallary hem-de jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly alamatlary bolan amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasyny (mundan beýläk – amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasy);

6) maglumatlary resminama arkaly bellemegiň maksatnamasyny;

7) amallary togtatmak boýunça işiň tertibini düzgünleşdirýän maksatnamasyny (mundan beýläk – amallary togtatmak boýunça maksatnamasy);

8) müşderiniň amaly amala aşyrmak baradaky tabşyrygyny ýerine ýetirmekden ýüz dönderilen halatynda hereket etmegiň tertibini düzgünleşdirýän maksatnamasyny;

9) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça işgärleri taýýarlamagyň we okatmagyň maksatnamasyny (mundan beýläk - işgärleri taýýarlamagyň we okatmagyň maksatnamasy);

10) içerki gözegçiligiň amala aşyrylmagyny barlamagyň maksatnamasyny;

11) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen, içerki gözegçiligi amala aşyrmagyň maksatnamasyny berjaý etmegiň netijesinde alnan maglumatlary we resminamalary saklamagyň maksatnamasyny (mundan beýläk – maglumatlary saklamagyň maksatnamasy).

5. Içerki gözegçiligiň kadalarynda içerki gözegçiligiň kadalarynyň berjaý edilmegine jogap berýän jogapkär adamyň (işgäriň) (mundan beýläk –jogapkär adam) ygtyýarlyklary, borçlary şeýle hem oňa tabşyrylýan borçlar bellenilýär.

6. Içerki gözegçilik kadalary amallary amala aşyrýan şahsyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar. Ygtyýarnamaly fiziki şahs tarapyndan Içerki gözegçilik kadalary kabul edilýär.

7. Içerki gözegçiligi guramagyň maksatnamasy aşakda görkezilen şertleri göz öňünde tutmak arkaly işlenip düzülmelidir:

1) amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan jogapkär adamyň (ygtyýarnamaly fiziki şahs özi jogapkär adam bolup durýar) bellenilmeginiň tertibi;

2) amallary amala aşyrýan şahsda (onuň düzüminiň aýratynlyklaryny, işgärleriň sanyny, müşderiler boýunça binýady hem-de guramanyň müşderileri we olaryň amallary bilen baglanyşykly töwekgelçiligiň derejesini (ýagdaýyny) göz öňünde tutmak arkaly) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirýän düzüm birliginiň ýa-da bölüminiň döredilmeginiň ýa-da belli bir işgäriň üstüne ýüklenilmeginiň tertibi;

3) amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan maglumatlaryň we hasabatlylygyň jemlenilmeginiň we ygtyýarly edaralara iberilmeginiň hem-de iş önümçiligi alyp barmagyň tertibi;

4) edaradaky we onuň ýerli edaralarynda (bar bolan halatynda) içerki gözegçiligiň ulgamy, şeýle hem Içerki gözegçilik kadalaryny berjaý etmegiň meseleleri boýunça edaranyň gurluşyna degişli düzümleriň özara ylalaşykly hereket etmeginiň tertibi.

8. Töwekgelçilige baha bermegiň maksatnamasynda müşderiniň  barabarlanmagy boýunça talaplary göz öňünde tutmak arkaly, müşderiniň töwekgelçilik bilen bagly derejesine (ýagdaýyna) baha bermegiň we bellemegiň kadalary aşakda görkezilen halatlarda kesgitlenmelidir:

1) müşderi hyzmat etmek üçin kabul edilmänkä;

2) müşderä hyzmat etmegiň barşynda (amallaryň amala aşyrylyşyna görä);

3) Içerki gözegçilik kadalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

9. Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň (FATF) maslahatlaryny hasaba almak arkaly, töwekgelçilige baha bermegiň maksatnamasynda müşderini öwrenmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň netijesinde alnan maglumatlara esaslanmak arkaly, müşderileriň töwekgelçiligine baha bermegiň geçirilmegi, şeýle hem müşderileriň amala aşyrýan amallarynda, işleriň görnüşlerinde we şertlerinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan amallaryň ýokary töwekgelçiligi görkezýän alamatlaryna baha bermek göz öňünde tutulýar.

10. Töwekgelçiligiň derejesine (ýagdaýyna) baha bermek we töwekgelçiligiň soňraky üýtgetmelerini barlamak maksady bilen, töwekgelçilige baha bermegiň maksatnamasynda amallar boýunça monitoringi geçirmegiň tertibi we döwürleýinligi göz öňünde tutulýar.

11. Barabarlamagyň maksatnamasy müşderini barabarlamak boýunça çäreleri amala aşyrmagy şu aşakda görkezilen düzgünlerden ybarat bolmalydyr:

1) Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginde müşderi boýunça kesgitlenen maglumatlaryň öwrenilmeginiň we müşderini hyzmat etmek üçin kabul edilmezinden öň, şol maglumatlaryň hakykylygyny barlamakdan;

ýüze çykan ýagdaýlarda eýelik edýän benefisiarlaryň ýüze çykarylmagy we olaryň barabarlanmagy boýunça esaslandyrylan we amala aşyrylyp bilinjek çäreleri, şol sanda Kanunyň 6-njy maddasynyň üçünji böleginiň üçünji bendinde görkezilen benefisiarlar baradaky maglumatlary anyklamak hem-de alnan maglumatlaryň hakykylygyny barlamak boýunça çäreleri görmekden;

2) müşderiniň ekstremistik işe ýa-da terrorçylyga degişliligi baradaky maglumatlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamakdan.

Kanunyň 5-nji maddasynyň bäşinji bölegine laýyklykda, taraplaryň bolmanda biriniň ol babatda ýuridik ýa-da fiziki şahsyň terrorçylyga ýa-da ekstremistik işe gatnaşygy barada Kanunda bellenilen tertipde alnan maglumat bar bolan ýa-da şeýle şahslaryň göni ýa-da gytaklaýyn eýeçiliginde ýa-da gözegçiliginde ýerleşýän ýuridik şahs bolan ýa-da fiziki we ýuridik şahslar şeýle şahslaryň adyndan ýa-da görkezmesi boýunça hereket edýän halatlarynda pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amal hökmany gözegçilige degişlidir;

3)   hyzmat edilýän ýa-da hyzmat etmek üçin kabul edilýän fiziki şahsyň daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamlarynyň, halkara guramalarynyň wezipeli adamlarynyň, şeýle hem milli jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň hataryna degişlidigini kesgitlemekden;

4) Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň (FATF) maslahatlaryny berjaý etmeýän döwletde degişlilikde, bellige alnan, ýaşaýan ýeri ýa-da ýerleşýän ýeri bolan ýa-da görkezilen döwletde (görkezilen çäkde) bellige alnan bankdaky hasapdan peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslary ýüze çykarmakdan;

5) Töwekgelçilige baha bermegiň maksatnamasyna laýyklykda, müşderiniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly amallary amala aşyrylmagynyň töwekgelçiligine baha bermekden we müşderiniň şol töwekgelçilik bilen bagly derejesini (ýagdaýyny) bellemekden;

6) müşderileri barabarlamagyň netijesinde alnan maglumatlary täzelemekden.

12. Kanunyň 6-njy maddasyna laýyklykda, barabarlamagyň maksatnamasynda amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan müşderileri babatda alynýan maglumatlary barlamak we bellemek göz öňünde tutulmalydyr:

1) müşderi bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýlanda;

2) pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar, şol sanda şübheli amallar amala aşyrylanda;

3) müşderi barada öň alnan maglumatlaryň hakykylygyna şübhelenmek üçin esaslar bar bolanda.

Amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan özleriniň müşderileriniň talabalaýyk barlagynyň geçirilmeginiň çäreleri bellenilmelidir.

13. Kanunda göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirmek maksady bilen, barabarlamagyň maksatnamasynda hyzmat edilýän ýa-da hyzmat etmek üçin kabul edilýän fiziki şahslaryň arasynda daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we ýakyn garyndaşlarynyň, halkara guramalarynyň wezipeli adamlarynyň, şeýle hem milli jemgyýetçilik wezipeli adamlaryň bardygyny ýüze çykarmagyň tertibi hem göz öňünde tutulýar.

14. Daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamlar, halkara guramalarynyň wezipeli adamlary, şeýle hem milli jemgyýetçilik wezipeli adamlar bu:

1) daşary ýurt jemgyýetçilik wezipeli adamy – daşary ýurt döwletiniň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji, administratiw ýa-da kazyýet edarasynda haýsydyr bir wezipäni eýeleýän, bellenilýän ýa-da saýlanylýan adam, şeýle hem daşary ýurt döwleti üçin haýsydyr bir jemgyýetçilik wezipäni ýerine ýetirýän ýa-da ýerine ýetiren islendik adam;

2) halkara guramasynyň wezipeli adamy – bu guramanyň dolandyryş düzümine girýän agzalar, şol sanda başlyklar, olaryň orunbasarlary, müdiriýetiniň agzalary ýa-da şolara meňzeş wezipeleri eýeleýän ýa-da eýelän adam;  

3) milli jemgyýetçilik wezipeli adamy – kanuna laýyklykda bellenilen ygtyýarlyklarynyň möçberi we jogapkärçiliginiň kesgitlenen derejesi bolan döwlet wezipesini eýeleýän ýa-da eýelän, döwlet gullugynyň wezipelerini amala aşyrmak bilen baglanyşykly kararlary kabul etmäge hukugy bar bolan ýa-da ozal bolan döwlet wezipeli adam, şeýle hem syýasy partiýalaryň görnükli işgärleri.

15. Barabarlamagyň maksatnamasynda amallary amala aşyrýan şahsyň müşderileri barabarlamagyň netijesinde alan maglumatlary (habarlary) ýazyp bellemegiň, maglumatlary täzelemegiň tertibi kesgitlenýär.

16. Müşderiniň amallaryna gözegçilik etmegiň we müşderini öwrenmegiň maksatnamasynda müşderi barada maglumatlaryň toplanmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmek göz öňünde tutulmalydyr.

Şunda müşderiniň işewürlik abraýy ähli ýygnalan maglumatlara esaslanmak arkaly berlen bahany aňladýar.

17. Amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasynda aşakda görkezilen çäreler göz öňünde tutulmalydyr:

1) Kanunyň 5-nji maddasyna laýyklykda, hökmany gözegçilige degişli amallary;

2) Kanunyň 10-njy we 11-nji maddalaryna laýyklykda, maglumatlary resminamalaýyn berkitmäge degişli bolan amallary;

3) adaty bolmadyk amallary, şol sanda adaty bolmadyk amallary ýüze çykarmagyň ölçeglerine gabat gelip biljek alamatly amallary amala aşyrylanda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilip bilinjek amallary.

18. Şu Talaplaryň on ýedinji böleginde göz öňünde tutulan amallary (mundan beýläk - barlanmaga degişli amallar) ýüze çykarmak maksady bilen, amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasynda müşderileriň amallary boýunça yzygiderli monitoringi geçirmek göz öňünde tutulmalydyr.

19. Amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasynda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilip bilinjek adaty bolmadyk amallary ýüze çykarmak maksady bilen, töwekgelçiligi artan topara degişli edilen müşderileriň amallaryna içgin üns berilmegi (monitoringi geçirmek) göz öňünde tutulmalydyr.

20. Amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasyna jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilip bilinjek amallary ýüze çykarmak maksady bilen, adaty bolmadyk amallary we olaryň alamatlaryny ýüze çykarmagyň ölçegleri goşulýar.

21. Amallary amala aşyrýan şahsyň işiniň häsiýetini, gerimini we esasy ugurlaryny göz öňünde tutmak arkaly, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýandygy babatda şübhelenme döredýän amallary ýüze çykarmak üçin, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen bagly döwlet syýasatyny amala aşyrmaga gönükdirilen degişli çäreleri geçirmäge ygtyýarly edilen döwlet edarasy (mundan beýläk - ygtyýarly edilen döwlet edarasy) tarapyndan tassyklanan Şübheli amallary we geleşikleri kesgitlemegiň alamatlaryndan ugur alynýar. Müşderiniň amalyny şübheli diýip ykrar etmek baradaky çözgüt amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan müşderiniň maliýe-hojalyk işi, maliýe ýagdaýy we işewürlik abraýy baradaky hem-de müşderiniň statusyny häsiýetlendirýän maglumatlar esasynda kabul edilýär.

22. Kanuna we Içerki gözegçilik kadalaryna laýyklykda, amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasynda amallary amala aşyrýan şahsyň barlanmaga degişli edilen amaly ýüze çykaran işgäriniň bu barada degişli wezipeli adama habar bermeginiň we onuň şol amala degişli çözgüdi kabul etmek üçin indiki hereketleriniň tertibi göz öňünde tutulýar.

23. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak ýa-da terrorçylygy maliýeleşdirmek maksady bilen, amalyň ýa-da birnäçe amallaryň amala aşyrylmagy babatdaky şübhelenmeleriň esaslydygyny tassyklamak üçin, amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasynda müşderiniň adaty bolmadyk amalynyň alamatlary ýüze çykarylan halatynda, müşderiniň beýleki amallaryny, şeýle hem müşderi barada amallary amala aşyrýan şahsda bar bolan maglumatlary seljermek göz öňünde tutulýar.

24. Amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasynda ýüze çykarylýan ähli adaty bolmadyk amallary amala aşyrmagyň esaslaryny we maksatlaryny öwrenmek, şeýle hem gelnen netijeleri ýazmaça görnüşde bellemek göz öňünde tutulýar.

25. Amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasynda ýüze çykarylan adaty bolmadyk amaly öwrenmegiň tertibi we aşakda görkezilen goşmaça çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar:

1) müşderiden adaty bolmadyk amalyň ykdysady manysyny beýan edýän zerur düşündirişleri we (ýa-da) goşmaça maglumatlary almak;

2) şu Talaplara laýyklykda, şol müşderiniň ähli adaty bolmadyk amallary amala aşyrylmagynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilip bilinjekdigini görkezýän subutnamalary äşgär etmek maksady bilen, şol müşderiniň ähli adaty bolmadyk amallaryna içgin üns berilmegini (monitoringiň geçirilmegini) üpjün etmek.

26. Amallary ýüze çykarmagyň maksatnamasynda amallary amala aşyrýan şahsyň ýolbaşçysy ýa-da onuň ygtyýar beren jogapkär adamy tarapyndan aşakda görkezilenler boýunça çözgütleriň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar:

1) Kanunyň 14-nji maddasyna laýyklykda, müşderiniň amalyny hökmany gözegçilige degişli diýip ykrar etmek boýunça;

2) ýüze çykarylan adaty bolmadyk amaly jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilen ýagdaýda amala aşyrylyp bilinjek şübheli amal diýip ykrar etmek boýunça;

3) müşderiniň şübheli amalyny öwrenmek boýunça goşmaça çäreleri görmegiň zerurlygy boýunça;

4) amallar baradaky maglumatlary Gulluga bermek boýunça.

27. Maglumaty resminama arkaly bellemegiň maksatnamasynda kagyzda ýazylan we (ýa-da) maglumatlary ýaýradýan beýleki serişdelere geçirilen maglumatlary (habarlary) almagyň we gorap saklamagyň tertibi göz öňünde tutmalydyr.

28. Maglumaty resminama arkaly ýazyp bellemegiň maksatnamasynda ýazyp bellemek üçin şular baradaky maglumatlar göz öňünde tutulýar:

1) hökmany gözegçilige degişli amal baradaky;

2) amalyň adaty bolmadyk häsiýetlidigini görkezýän ölçegleriň we (ýa-da) alamatlaryň haýsy-da bolsa birine eýe bolan amal baradaky;

3) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýandygy babatda şübhe döredýän amal  baradaky;

4) müşderini öwrenmegiň maksatnamasy berjaý edilende äşgär edilen amal baradaky.

29. Maglumaty resminama arkaly ýazyp bellemegiň maksatnamasynda gözegçilige degişli amaly ýüze çykaran amallary amala aşyrýan şahsyň işgäriniň içerki maglumaty - resminamany (mundan beýläk - içerki maglumat) düzmelidigi göz öňünde tutulýar, şonda bu amal barada aşakdaky maglumatlar görkezilýär:

1) hökmany gözegçilige degişli ýa-da adaty bolmadyk amal diýlip hasaplanan amalyň derejesi, amalyň hökmany gözegçilige degişli ýa-da adaty bolmadyk amallara degişli diýlip hasaplanyp bilinjekdigini görkezýän alamatlar ýa-da beýleki ýagdaýlar (sebäpler);

2) amalyň mazmuny (häsiýeti), senesi, puluň möçberi;

3) amal baradaky içerki maglumaty düzen işgär baradaky maglumatlar we onuň goly;

4) amal baradaky içerki maglumatyň düzülen senesi;

5) degişli jogapkär adamyň amal baradaky içerki maglumat boýunça kabul eden çözgüdine we onuň delillendiren esasyna degişli ýazgy;

6) amallary amala aşyrýan şahsyň ýolbaşçysynyň kabul eden çözgüdine we onuň delillendiren esasyna degişli ýazgy;

7) adaty bolmadyk amalyň ýa-da onuň alamatlarynyň ýüze çykarylmagy bilen baglylykda, müşderi babatda görülen goşmaça çäreler (beýleki hereketler) baradaky ýazgy.

Içerki maglumatyň görnüşi, ony degişli jogapkär adama ýa-da jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça wezipäni ýerine ýetirýän degişli düzümiň jogapkär adama bermegiň tertibi, möhletleri we usuly amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda özbaşdak bellenilýär we maglumaty resminama arkaly ýazyp bellemegiň maksatnamasynda görkezilýär.

30. Amallary togtatmak  boýunça maksatnama şular goşulmalydyr:

1) pul serişdelerine ýa-da başga emläge degişli amala gatnaşyjylaryň arasyndan Kanunyň 14-nji maddasynda görkezilen fiziki ýa-da ýuridik şahslary ýüze çykarmagyň tertibi;

2) pul serişdelerine ýa-da başga emläge degişli amalyň togtadylmagyna gönükdirilen hereketleriň tertibi;

3) Kanunyň 14-nji maddasynyň ikinji bölegi esasynda ygtyýarly edara tarapyndan maglumat (kazyýetiň kabul eden çözgüdi) alnan ýagdaýda, pul serişdelerine ýa-da başga emläge degişli amaly togtatmak bilen bagly hereketleriň tertibi;

4) pul serişdeleri ýa-da başga emläk boýunça togtadylan amallar baradaky maglumatlary Gulluga bermegiň tertibi;

5) Ygtyýarly edilen döwlet edarasy tarapyndan çykarylan çözgüt alnan halatynda, talaplaryň berjaý edilmegi hem-de pul serişdeleri ýa-da başga emläk boýunça amalyň amala aşyrylmagy bilen bagly ýa-da şonuň ýaly amalyň mundan beýläk-de togtadylmagyna gönükdirilen hereketleriň tertibi;

6) görkezilen amalyň togtadylmagy bilen baglylykda, müşderiniň tabşyrygy boýunça pul serişdeleri ýa-da başga emläk boýunça amaly amala aşyrmagyň mümkin däldigi barada müşderä mälim etmegiň tertibi.

31. Kanunyň 14-nji maddasynyň ikinji böleginiň 3-nji bendi esasynda pul serişdelerini ýa-da beýleki emlägi gabamak (hereketsiz goýmak) (mundan beýläk – gabamak) boýunça çäreleri görmegiň tertibinde şular göz öňünde tutulýar:

1) Kanunyň 13-nji maddasyna laýyklykda, guramalaryň we fiziki şahslaryň ekstremistik işe ýa-da terrorçylyga degişlidigi barada maglumat toplananda ýa-da terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek baradaky wezipeleri amala aşyrýan pudagara utgaşdyryjy topar tarapyndan guramalaryň we fiziki şahslaryň pul serişdelerini ýa-da beýleki emlägi gabamak boýunça çözgüt kabul edilende, ygtyýarly edilen döwlet edarasyndan bu guramalaryň we fiziki şahslaryň sanawyna goşulanlar baradaky maglumatlary almagyň tertibi;

2) pul serişdelerini ýa-da beýleki emlägi gabamak boýunça çözgüdi kabul etmegiň tertibi;

3) öz müşderileriniň arasynda pul serişdelerini ýa-da beýleki emlägi gabamak boýunça çäre görlen ýa-da çäre görülmeli guramalaryň we fiziki şahslaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamak üçin çäreleri geçirmegiň tertibi we döwürleýinligi;

4) Gulluga pul serişdelerini ýa-da beýleki emlägi gabamak boýunça görlen çäreler barada hem-de öz müşderileriniň arasynda pul serişdelerini ýa-da beýleki emlägi gabamak boýunça çäre görlen ýa-da çäre görülmeli guramalaryň we fiziki şahslaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamagyň netijeleri barada habar bermek;

5) talaplaryň berjaý edilmegine gönükdirilen çözgüdi kabul etmegiň tertibi.

32. Müşderiniň amaly amala aşyrmak baradaky tabşyrygyny ýerine ýetirmekden ýüz dönderilen halatynda hereket etmegiň tertibini düzgünleşdirýän maksatnama şular goşulmalydyr:

1) Kanunyň 14-nji maddasynyň talaplaryny göz öňünde tutmak arkaly, ýerine ýetirmekden ýüz döndermek üçin esaslary;

2) müşderiniň amaly amala aşyrmak baradaky tabşyrygyny ýerine ýetirmekden ýüz döndermek baradaky çözgüdi kabul etmegiň, şeýle hem müşderiniň amaly amala aşyrmak baradaky tabşyrygynyň ýerine ýetirilmeginden ýüz dönderilmegine degişli ýagdaýlary resmi bellemegiň tertibi;

3) müşderiniň amaly amala aşyrmak baradaky tabşyrygyny ýerine ýetirmekden ýüz dönderilen halatynda, müşderi babatdaky hereketleriň tertibi;

4) müşderiniň amaly amala aşyrmak baradaky tabşyrygyny ýerine ýetirmekden ýüz dönderilendigi baradaky maglumaty Gulluga bermegiň tertibi.

33. Işgärleri taýýarlamagyň we okatmagyň maksatnamasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlenip düzülýär.

34. Içerki gözegçiligiň amala aşyrylmagyny barlamagyň maksatnamasy Kanuny, Içerki gözegçilik kadalaryny hem-de içerki gözegçiligi guramak we amala aşyrmak maksady bilen, kabul edilen beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary hem-de guramaçylyk we buýruk bermek üçin kabul edilen beýleki resminamalary amallary amala aşyrýan şahs (onuň işgärleri) tarapyndan ýerine ýetirilmegine gözegçilik edilmegini üpjün edýär.

35. Içerki gözegçiligiň amala aşyrylmagyny barlamagyň maksatnamasynda şular göz öňünde tutulýar:

1) amallary amala aşyrýan şahsda Kanunyň, Içerki gözegçilik kadalarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişini ýylda bir gezek amallary amala aşyrýan şahsyň ýolbaşçysy tarapyndan (ygtyýarnamalylar babatda ygtyýarlylandyryjy edarasy tarapyndan üç ýylda bir gezek) barlamak;

2) barlaglaryň netijeleri boýunça Kanunyň, Içerki gözegçilik kadalarynyň hem-de içerki gözegçiligi guramak we amala aşyrmak maksady bilen, kabul edilen beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary hem-de guramaçylyk we buýruk bermek üçin kabul edilen resminamalaryň talaplarynyň bozulmagy boýunça ýüze çykarylan ähli ýagdaýlar baradaky maglumatlary beýan edýän ýazmaça hasabatlary amallary amala aşyrýan şahsyň ýolbaşçysyna (ýokarda duran edarasyna) (ygtyýarlylandyryjy edarasyna) bermek;

3) barlaglaryň netijeleri boýunça ýüze çykarylan bozulmalaryň aradan aýrylmagyna gönükdirilen çäreleri kabul etmek we geçirmek.

36. Maglumatlary saklamagyň maksatnamasy müşderi bilen gatnaşyklaryň bes edilen gününden başlap, azyndan 5 ýylyň dowamynda aşakda görkezilenleriň aýawly saklanmagyny üpjün edýär:

1) kadalaşdyryjy hukuk namalaryň, şeýle hem Içerki gözegçilik kadalarynyň esasynda alnan we müşderi barada maglumatlary özünde jemleýän resminamalaryň;

2) Gulluga berlen maglumatlarda görkezilen amallara degişli resminamalaryň hem-de şonuň ýaly amallar baradaky maglumatlaryň;

3) Kanunyň 6-njy maddasynа we şu Talaplara laýyklykda, resminamalar arkaly bellenmäge degişli bolan amallar baradaky resminamalaryň;

4) içerki habarnamalaryň düzülmegine esas bolan we görkezilen maglumatlar boýunça resminamalaryň;

5) içerki habarnamalaryň;

6) müşderiniň işi boýunça (amallary amala aşyrýan şahs tarapyndan kesgitlenen möçberdäki) resminamalaryň, şol sanda amallary amala aşyrýan şahsyň garamagyna görä, işlere degişli hat-habarlaryň we beýleki resminamalaryň;

7) içerki gözegçilik kadalary ulanmak arkaly alnan beýleki resminamalaryň.

37. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda subutnama hökmünde ulanmaga mümkinçilik döredilmeginiň üpjün edilmegini göz öňünde tutmak arkaly, maglumatlary saklamagyň maksatnamasynda maglumatlary we resminamalary ygtyýarly edilen döwlet edarasy hem-de degişli beýleki döwlet edaralary üçin öz wagtynda elýeterli edilýän görnüşde saklamagy göz öňünde tutulmalydyr.

38. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Içerki gözegçilik kadalarynda bellenilen düzgünlerinden peýdalanmagyň netijesinde alnan maglumatlaryň, şeýle hem bu Kadalar berjaý edilende amallary amala aşyran şahs tarapyndan amala aşyrylan çäreleriň gizlinligini berjaý etmäge borçludyrlar.

39. Şu Talaplar bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda 1265 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Döwlet belligine alnan buýruklar
Kabul edilen senesi 05.09.2019
Resminamanyň belgisi 42-iş