Haryt nyşanlary hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Haryt nyşanlary hakynda

 

Şu Kanun haryt nyşanlarynyň hukuk goragy we ulanylmagy çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) bikanun harytlar – bellige alnan haryt nyşany ýa-da onuň bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş belgi özünde bikanun ulanylýan harytlar, olaryň etiketkalary we gaplary;

2) bilermenler seljermesi – haryt nyşanlarynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edara ‒ Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan haýyşnama, şeýle hem haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagyna degişli beýleki resminamalara seredilmeginiň iş amallary;

3) birinji haýyşnama – senagat eýeçiligini goramak hakynda Pariž konwensiýasyna (mundan beýläk – Pariž konwensiýasy) gatnaşyjy döwletiň degişli edarasyna berlen, özüniň berlen senesinden konwension ilkinjilik bellenilýän haýyşnama;

4) bölüp berlen haýyşnama – birinji haýyşnamada görkezilen harytlaryň sanawynyň bölegini özünde saklaýan we onuň ilkinjiligini saklap galýan haýyşnama;

5) firma ady – ýuridik şahsyň, onuň işi amala aşyrylanda, ol ýuridik şahsy beýlekilerden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän belgisi;

6) haryt nyşanlarynyň Resmi býulleteni (mundan beýläk – Resmi býulleten) – haryt nyşanlarynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edaranyň haryt nyşanlarynyň döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnamalar we Döwlet sanawyna girizilen haryt nyşanlary baradaky maglumatlaryň çap edilmegi üçin niýetlenilen döwürleýin neşiri;

7) haryt nyşany (edilýän hyzmatyň nyşany) – harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) aýrybaşgalandyrylmagy üçin hyzmat edýän, islendik reňkdäki (reňk sazlaşygyndaky) söz, şekil ýa-da göwrüm bilen belgileme. Haryt nyşanlaryna köpçülikleýin nyşanlar hem degişlidir;

8) haryt nyşany (köpçülikleýin nyşan) üçin şahadatnama –şahadatnamada görkezilen harytlar we (ýa-da) hyzmatlar babatda onuň eýesiniň (eýeleriniň) haryt nyşanyna bolan aýratyn hukugyny tassyklaýan, Türkmenistanyň gorag resminamasy;

9) haryt nyşanyna bolan hukugyň başga birine berilmegi – haryt nyşanyna bolan hukugyň onuň eýesi tarapyndan, degişli şertnama esasynda, başga bir şahsa berilmegi;

10) haryt nyşanynyň eýesi – haryt nyşanyna aýratyn hukugy bolan şahs;

11) haryt nyşanynyň ilkinjiligi – haýyşnamanyň berilmeginiň wagt boýunça birinji nobatdalygy;

12) haýyşnama – haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy üçin zerur resminamalaryň jemi;

13) haýyşnamaçy – haýyşnamany beren, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs ýa-da telekeçilik işini amala aşyrýan ýuridik şahs;

14) ikinji derejeli milli domen – ady ýokarky (birinji) derejeli milli domeniň («.ТМ») we özüniň adyny öz içine alýan domen. Ýokarky (birinji) derejeli milli domen diýlip, ady Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasy (ISO 3166-2) tarapyndan tassyklanylan, Türkmenistanyň kody bilen berlen domene düşünilýär. Türkmenistan üçin ýokarky derejeli milli domeniň «.ТМ» belgisi bar we ol Türkmenistanyň emlägi bolup durýar. «.ТМ» domeni dolandyrmak Türkmenistanyň çäginden amala aşyrylýar;

15) konwension haýyşnama – konwension  ilkinjiligiň berilmegi soralýan haryt nyşany üçin haýyşnama;

16) konwension ilkinjilik – haryt nyşanynyň birinji haýyşnamanyň berlen senesi boýunça bellenilen ilkinjiligi;

17) kysmy bir harytlar we hyzmatlar – harytlaryň we (ýa-da) hyzmatlaryň bir kysmyna, görnüşine degişli bolan, çalymdaş haryt nyşanlary bilen belgilenilende sarp edijide olaryň ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şol bir fiziki şahsa ýa-da telekeçilik işini amala aşyrýan ýuridik şahsa (öndürijä) degişlidigi barada düşünje döredip biljek harytlar we (ýa-da) hyzmatlar;

18) patent ynamdary – Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan, haryt nyşanlarynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edarada hünär synagyndan geçen we bellige alnan hem-de haryt nyşanyna bolan hukugy almakda fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerine professional esasda wekilçilik edýän, Türkmenistanyň raýaty;

19) sergi ilkinjiligi – haryt nyşanynyň Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň biriniň çäginde guralan sergide haryt nyşany bilen belgilenen eksponatlaryň açyk görkezilip başlanan senesi boýunça bellenen ilkinjiligi;

20) Türkmenistanyň haryt nyşanlarynyň Döwlet sanawy (mundan beýläk – Döwlet sanawy) – haryt nyşanynyň şekili, haryt nyşany özleri babatda bellige alnan harytlaryň we (ýa-da) hyzmatlaryň sanawy, haryt nyşanynyň eýesi, haýyşnamanyň berlen senesi, haryt nyşanynyň ilkinjilik maglumatlary we onuň döwlet belligine alnan senesi baradaky maglumatlary, şeýle hem haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagyna degişli beýleki maglumatlary özünde saklaýan resminama.

 

2-nji madda. Haryt nyşanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Haryt nyşanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3-nji madda. Haryt nyşanynyň hukuk goragy we onuň hereket ediş möhledi

 

1. Türkmenistanda haryt nyşanynyň hukuk goragy şu Kanunda bellenen tertipde onuň döwlet belligine alynmagynyň esasynda ýa-da haryt nyşanlarynyň halkara belligine alynmagy hakyndaky Madrid ylalaşygyna Teswirnama laýyklykda haryt nyşanynyň halkara belligine alynmagynyň esasynda berilýär.

Haryt nyşanyna bolan hukuk kanun bilen goralýar we haryt nyşany üçin şahadatnama bilen tassyklanylýar.

2. Haryt nyşany ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahsyň ýa-da telekeçilik işini amala aşyrýan ýuridik şahsyň adyna bellige alnyp bilner.

3. Haryt nyşanynyň eýesine haryt nyşanyny ulanmaga we oňa ygtyýar etmäge bolan aýratyn hukuk, şeýle hem haryt nyşanynyň ýa-da onuň bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş belginiň başga şahslar tarapyndan ulanylmagyny gadagan etmek hukugy degişlidir. Eýesiniň haryt nyşanyna bolan aýratyn hukugy haryt nyşany üçin şahadatnamada görkezilen harytlara (işlere, hyzmatlara) degişlidir.

4. Haryt nyşanynyň hukuk goragynyň hereket ediş möhledi on ýyldyr. Şunda görkezilen möhlet 2008-nji ýylyň 5-nji noýabryna çenli berlen haýyşnamalar boýunça haryt nyşanynyň döwlet belligine alnan senesinden, görkezilen seneden soň berlen haýyşnamalar boýunça bolsa, haýyşnamanyň berlen senesinden hasaplanylýar.

5. Türkmenistanda goralýan haryt nyşanyny, onuň eýesiniň rugsady bolmazdan, ulanmaga hiç kimiň haky ýokdur.

 

4-nji madda. Wekillik

 

1. Türkmenistanyň ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary we ýuridik şahslary haryt nyşanlarynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edara bilen işlerini gönüden-göni hem, wekilleriniň ýa-da patent ynamdarlarynyň üsti bilen hem alyp barmaga haklydyrlar.

2. Daşary ýurtly fiziki we ýuridik şahslar haryt nyşanlarynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edara bilen gatnaşyklarda öz hukuklaryny patent ynamdarlarynyň üsti bilen durmuşa geçirýärler.

3. Wekiliň ýa-da patent ynamdarynyň ygtyýarlyklary degişli ynanç haty bilen tassyklanylýar.

 

II BAP. HARYT NYŞANLARYNYŇ HUKUK

GORAGY WE ULANYLMAGY ÇYGRYNDA

DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI WE GÖZEGÇILIGI

 

5-nji madda. Haryt nyşanlarynyň hukuk goragy we ulanylmagy çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, haryt nyşanlarynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edara ‒ Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy (mundan beýläk – Türkmenpatent) haryt nyşanlarynyň hukuk goragy we ulanylmagy çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralardyr.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti haryt nyşanlarynyň hukuk goragy çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) döwlet häkimiýet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi haryt nyşanlarynyň hukuk goragy çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) intellektual eýeçiligiň obýektleriniň hukuk goragynyň meseleleri boýunça halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

4) şulary tassyklaýar:

a) Türkmenpatent hakynda Düzgünnamany;

b) haryt nyşanlaryny döwlet belligine almagyň Tertibini;

ç) Döwlet sanawyny ýöretmegiň Tertibini;

d) Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň Düzgünnamasyny;

e) fiziki we ýuridik şahslaryň haryt nyşanyna bolan bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklary baradaky arz-şikaýatlaryna seretmegiň Tertibini;

ä) haryt nyşanlarynyň döwlet belligine alynmagyna degişli beýleki düzgünnamalary we tertipleri, şeýle hem resminamalaryň görnüşlerini;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

8-nji madda. Türkmenpatentiň ygtyýarlylygy

 

Türkmenpatent haryt nyşanlarynyň hukuk goragy çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) haryt nyşanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ulanylmagy boýunça düşündirişleri berýär;

3) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň 4-nji bendinde görkezilen resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklatmak üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine berýär;

4) haýyşnamalary seredilmegi üçin kabul edýär, olar boýunça bilermenler seljermesini geçirýär we haryt nyşanlarynyň döwlet belligine alynmagyny amala aşyrýar;

5) Döwlet sanawyny ýöredýär we haryt nyşany üçin şahadatnamany berýär;

6) haryt nyşanlary baradaky maglumatlaryň  Resmi býulletende çap edilmegini amala aşyrýar;

7) intellektual eýeçilik babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

8) patent ynamdarlarynyň hünär synagyny geçirýär we olary bellige alýar;

9) Türkmenpatent hakynda Düzgünnama laýyklykda, tölegli hyzmatlary edýär;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

III BAP. HARYT NYŞANYNYŇ DÖWLET

BELLIGINE ALYNMAGY

 

9-njy madda. Haryt nyşanlarynyň döwlet belligine alynmagynyň maksady

 

Haryt nyşanlarynyň eýeleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek haryt nyşanlarynyň döwlet belligine alynmagynyň maksady bolup durýar.

 

10-njy madda. Haryt nyşanyny döwlet belligine almakdan ýüz dönderilmegi üçin esaslar

 

1. Haryt nyşanyny döwlet belligine almakdan şübhesiz ýa-da düýpli esaslar boýunça ýüz dönderilip bilner.

2. Şübhesiz esaslar boýunça aşakdaky belgileriň haryt nyşany hökmünde döwlet belligine alynmagyna ýol berilmeýär:

1) tapawutlandyryjy alamatlary bolmadyk ýa-da diňe aşakdaky elementlerden ybarat bolan:

a) mahsus çyzgylaýyn ýerine ýetirilmedik aýratyn harplardan we (ýa-da) sanlardan;

b) çyzyklardan, ýönekeý geometrik şekillerden, şeýle hem olaryň belli bir görnüşi emele getirmeýän utgaşmalaryndan;

ç) belli bir görnüşdäki harytlaryň belgilenmesi hökmünde ählumumy ulanyşa giren elementlerden; olaryň dowamly ulanylmagynyň netijesinde bu elementler bilen tapawutlandyryş ukybyna eýe bolunmak halatlary muňa degişli däldir;

d) umumy kabul edilen nyşanlardan we adalgalardan;

e) harytlaryň ýönekeý atlaryndan;

ä) harytlaryň häsiýetleriniň görkezilmeginden, şol sanda mahabat häsiýetli;

f) çig malyň düzüminiň görkezilmeginden;

g) harydyň agramynyň, göwrüminiň, nyrhynyň görkezilmeginden;

h) harydyň öndürilen senesiniň görkezilmeginden;

i) önümçiligiň döredilen senesiniň görkezilmeginden;

j) harydy öndürijiniň salgysynyň görkezilmeginden;

ž) dolulygyna ýa-da bölekleýin geografik atlardan durup, harydy öndürijiniň ýerleşýän ýeri hökmünde kabul edilip bilinjek belgilerden.

Eger şu bendiň «а», «b», «d-ž» kiçi bentlerinde görkezilen elementler haryt nyşanynda agdyklyk edýän ýagdaýda bolmasalar, olar goralmaýan elementler hökmünde haryt nyşanyna girizilip bilner;

2) harytlaryň häsiýetnamalaryny, şol sanda harytlaryň görnüşini, hilini, mukdaryny, häsiýetini, niýetlenilişini, gymmatyny, şeýle hem olaryň öndürilen ýa-da ýerlenilen wagtyny, ýerini, usulyny görkezýän;

3) harytlaryň diňe ýa-da esasan olaryň häsiýetleri ýa-da niýetlenilişi bilen kesgitlenilýän görnüşini emele getirýän;

4) şulary aňladýan ýa-da öz içine alýan:

a) döwletleriň atlaryny ýa-da ol atlardan ýasalan sözleri, şeýle hem döwlet tugralaryny, döwlet baýdaklaryny ýa-da görkezilen döwlet nyşanlarynyň elementlerini;

b) halkara, hökümetara guramalarynyň gysgaldylan ýa-da doly atlaryny, olaryň tugralaryny, baýdaklaryny hem-de beýleki nyşanlaryny we belgilerini;

ç) resmi gözegçilik, kepillendiriş we düzümini anyklaýyş tagmalaryny, möhürleri, sylaglary we beýleki tapawutlandyryş nyşanlaryny ýa-da olar bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş bolan belgileri.

Şu maddanyň ikinji böleginiň 4-nji bendinde görkezilen belgiler degişli ygtyýarly edara tarapyndan berilýän rugsatnamanyň esasynda goralmaýan elementler hökmünde haryt nyşanyna girizilip bilner;

5) aşakdaky elementler bolup durýan ýa-da olary özünde saklaýan:

a) sarp edijini haryt ýa-da ony öndüriji babatda ýalňyş pikire iterip biljek;

b) jemgyýetçilik bähbitlerine, ynsanperwerlik we ahlak ýörelgelerine gapma-garşy gelýän;

6) türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýratyn gymmatly obýektleriniň ýa-da bütindünýä medeni ýa-da tebigy mirasyň obýektleriniň atlary we (ýa-da) şekilleri bilen meňzeş ýa-da gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş bolan.

3. Düýpli esaslar boýunça aşakdakylara meňzeş ýa-da gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş belgileriň haryt nyşany hökmünde döwlet belligine alynmagyna ýol berilmeýär:

1) kysmy bir we has öň berlen ilkinjiligi bolan harytlar babatda başga şahslaryň döwlet belligine aldyrmak üçin haýyşnama berlen (eger olar üçin berlen haýyşnamalar ýatyrylmadyk bolsa) ýa-da Türkmenistanda, şol sanda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda goralýan haryt nyşanlaryna;

2) Türkmenistanda harytlaryň gelip çykan ýerleriniň goralýan atlaryna; ol belgileriň goralmaýan elementler hökmünde şeýle atlary ulanmaga hukugy bolan şahslaryň adyna hut şol harytlar babatynda bellige alnan haryt nyşanlaryna girizilen halatlary muňa degişli däldir;

3) Türkmenistanda olara bolan hukuklar başga bir şahslarda döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnama berlen haryt nyşanynyň ilkinjiliginiň senesinden öň dörän, kysmy bir harytlar babatda Türkmenistanda goralýan senagat nusgalaryna, seleksiýada gazanylanlaryň atlaryna, firma atlaryna, ikinji derejeli milli domeniň öz atlaryna;

4) Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň derman serişdeleriniň we işjeň derman ingrediýentleriniň Halkara patentlenmedik atlarynyň sanawyna girizilen atlaryna;

5) eger ol eserlere bolan hukuklar döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnama berlen haryt nyşanynyň ilkinjilik senesinden öň ýüze çykan bolsa, awtorlyk hukugynyň eýeleriniň ýa-da olaryň hukuk oruntutarlarynyň razyçylygy bolmasa, haýyşnamanyň berlen senesinde Türkmenistanda belli bolan ylym, edebiýat we sungat eserleriniň atlaryna, şeýle eserlerden alnan gahrymanlara ýa-da parçalara, sungat eserlerine ýa-da olaryň parçalaryna;

6) olaryň mirasdarlarynyň razyçylygy ýa-da degişli döwlet edarasynyň rugsatnamasy bolmazdan, haýyşnamanyň berlen senesinde tanymal adamlaryň familiýalaryna, atlaryna, lakamlaryna ýa-da olardan ýasalan belgilere, portretlerine we golly möhürlerine.

 

11-nji madda. Haýyşnamanyň berilmegi

 

1. Haýyşnama Türkmenpatente berilýär.

2. Haýyşnama gyzyklanýan şahs tarapyndan, şeýle hem onuň wekiliniň ýa-da patent ynamdarynyň üsti bilen berlip bilner.

 

12-nji madda. Haýyşnama bildirilýän talaplar

 

1. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnama bir haryt nyşanyna degişli bolmalydyr.

2. Haýyşnamada şular bolmalydyr:

1) haýyşnamaçynyň adyny, ýerleşýän ýerini ýa-da ýaşaýan ýerini görkezmek bilen, haryt nyşany hökmünde belginiň döwlet belligine alynmagy baradaky arza;

2) haýyşnama berilýän belgi we onuň ýazgysy;

3) haryt nyşanlarynyň bellige alynmagy üçin harytlaryň we hyzmatlaryň Halkara klassifikasiýasynyň toparlary boýunça jemlenen, özi babatda haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy soralýan harytlaryň we (ýa-da) hyzmatlaryň sanawy.

Harytlaryň sanawynda harytlaryň we hyzmatlaryň Halkara klassifikasiýasynyň toparlarynyň atlarynyň we beýleki umumy adalgalaryň görkezilen halatynda, haryt nyşanynyň gorag çägine diňe umumy görkezilmegiň ýa-da adalganyň jikme-jik manysy bilen takyk aňladylýan harytlar we (ýa-da) hyzmatlar girýär.

Sanawa «harytlaryň we hyzmatlaryň Halkara klassifikasiýasynyň görkezilen toparyna girýän ähli harytlar we (ýa-da) hyzmatlar» diýen aňlatmanyň girizilmegine ýol berilmeýär;

4) haryt nyşanynyň şekil elementleriniň Halkara klassifikasiýasyna laýyklykda, haryt nyşanynyň şekil elementleriniň topary, kiçi topary   ýa-da uly sözbaşysy.

Haýyşnamanyň resminamalaryna bildirilýän talaplar Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.

3. Haýyşnama şular goşulmalydyr:

1) haýyşnamany bermek üçin pajyň tölenilendigini tassyklaýan resminama;

2) eger haýyşnama wekiliň ýa-da patent ynamdarynyň üsti bilen berilýän bolsa, olaryň ygtyýarlygyny tassyklaýan ynanç haty;

3) eger haýyşnama köpçülikleýin nyşany döwlet belligine aldyrmak üçin berilýän bolsa, köpçülikleýin nyşan baradaky maglumatlar.

Käbir halatlarda haýyşnamanyň ýanyna haryt nyşanyny döwlet belligine aldyrmak üçin zerur bolan beýleki resminamalar hem goşulyp bilner.

Haýyşnamany bermek üçin degişli pajyň tölenilendigini tassyklaýan we haýyşnama bilen bir wagtda berilýän resminamadan daşary haýyşnamanyň ýanyna goşulýan resminamalar haýyşnamanyň gelip gowşan senesinden başlap, üç aýyň içinde Türkmenpatente tabşyrylmalydyr.

Görkezilen möhlet haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça, eger towakganama bu möhlet tamamlanmanka gelip gowşan we degişli pajyň tölenilen şertinde, uzaldylyp bilner. Resminamalary tabşyrmagyň möhletiniň uzaldylmagy bellenilen üç aý möhletiň tamamlanan senesinden başlap, üç aýdan köp bolmaly däldir.

Resminamalaryň bellenilen möhletde tabşyrylmadyk halatynda haýyşnama ýatyrylýar, bu barada haýyşnamaçy habarly edilýär.

4. Arza döwlet dilinde berilýär we oňa haýyşnamaçy ýa-da onuň wekili, ýa-da patent ynamdary tarapyndan gol çekilýär.

Haýyşnama goşulýan resminamalar döwlet diline terjimesi goşulyp, daşary ýurt dilinde berlip bilner. Daşary ýurt dilinde berlen resminamalar, eger olaryň döwlet diline terjimesi haýyşnamanyň berlen senesinden başlap, üç aýyň içinde gelip gowşan bolsa, Türkmenpatente gelen senesinde berlen hasap edilýär.

Eger görkezilen terjime haýyşnamanyň berlen senesinden başlap, üç aýyň içinde berilmese, terjimäni bermegiň möhleti haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça, eger towakganama degişli pajyň tölenilendigi baradaky resminama bilen bilelikde bu möhlet tamamlanmazyndan öň gelip gowşan şertinde, goşmaça üç aý uzaldylyp bilner.

Döwlet diline terjimesi bellenilen möhletlerde berilmedik halatynda haýyşnama ýatyrylýar.

5. Ilkinjilik soralanda haýyşnama şular goşulýar:

1) eger haýyşnamaçy şu Kanunyň 13-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, konwension ilkinjiligiň berilmegini soraýan bolsa, haýyşnamaçynyň Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletde beren birinji haýyşnamasynyň tassyklanan nusgasy;

2) eger haýyşnamaçy şu Kanunyň 13-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda, sergi ilkinjiliginiň berilmegini soraýan bolsa, sergide eksponatlaryň haýyşnama berlen haryt nyşanyny ulanmak bilen görkezilendigine güwä geçýän tassyklanan resminama.

Ilkinjiligiň berilmegi soralan halatynda haýyşnama goşulýan resminamalar haýyşnamanyň gelip gowşan senesinden başlap, üç aý möhletiň içinde Türkmenpatente berilmelidir.

6. Haýyşnamanyň berlen senesi Türkmenpatente aşakdaky resminamalaryň gelip gowşan senesi boýunça bellenilýär:

1) haýyşnamaçynyň adyny we onuň salgysyny görkezmek bilen, belginiň haryt nyşany hökmünde döwlet belligine alynmagy baradaky arzanyň;

2) belginiň şekiliniň;

3) harytlaryň sanawynyň;

4) haýyşnamany bermek üçin pajyň tölenilendigini tassyklaýan resminamanyň.

Eger görkezilen resminamalar birwagtda berilmese, onda soňky resminamanyň gelip gowşan senesi haýyşnamanyň berlen senesi diýlip hasap edilýär.

 

13-nji madda. Haryt nyşanynyň ilkinjiligi

 

1. Haryt nyşanynyň ilkinjiligi şu Kanunyň 12-nji maddasynyň bäşinji böleginiň talaplaryna laýyk gelýän haýyşnamanyň Türkmenpatente gelip gowşan senesi boýunça bellenilýär.

2. Eger haýyşnama ilkinjiligiň görkezilen senesinden başlap, alty aýyň içinde Türkmenpatente gelip gowşan bolsa, haryt nyşanynyň ilkinjiligi Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletde şol bir belgi üçin birinji haýyşnamanyň berlen senesi boýunça bellenilip bilner.

3. Eger haryt nyşany üçin haýyşnama Türkmenpatente eksponatyň görkezilmeginiň görkezilen senesinden başlap, alty aýyň içinde gelen bolsa, Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň biriniň çäginde guralan resmi sergileriň ýa-da resmi taýdan ykrar edilen halkara sergileriň eksponatlarynda ýerleşdirilen haryt nyşanynyň ilkinjiligi eksponatlaryň sergide açyk görkezilip başlanan senesi boýunça bellenilip bilner.

4. Konwension ýa-da sergi ilkinjiligi hukugyndan peýdalanmak isleýän haýyşnamaçy haryt nyşany üçin haýyşnama berlende ýa-da haýyşnamanyň Türkmenpatente gelip gowşan senesinden başlap, iki aýyň içinde bu barada görkezmäge borçludyr.

5. Eger meňzeş ýa-da gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş haryt nyşany üçin şol bir günde birnäçe haýyşnama gelip gowşan bolsa, onda ilkinjilik Türkmenpatentiň has irki bellige alyş belgisi bolan haýyşnama degişlidir.

6. Haryt nyşanynyň ilkinjiligi haryt nyşanynyň Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda halkara belligine alynmagynyň senesi boýunça bellenilip bilner.

7. Bölüp berlen haýyşnama boýunça haryt nyşanynyň ilkinjiligi birinji haýyşnamanyň ilkinjiliginiň senesi boýunça bellenilýär.

 

14-nji madda. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnamanyň bilermenler seljermesi

 

1. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnamanyň bilermenler seljermesi Türkmenpatent tarapyndan geçirilýär we ol haryt nyşany üçin haýyşnamanyň deslapky bilermenler seljermesini hem-de haýyşnama berlen belginiň düýp manysy boýunça bilermenler seljermesini öz içine alýar.

2. Haýyşnamaçy haýyşnamanyň Türkmenpatente gelip gowşan senesinden başlap, iki aýyň içinde, degişli pajy tölemezden, haýyşnama üýtgetmeleri girizmäge haklydyr, görkezilen möhlet tamamlanandan soň bolsa, degişli paç tölenilmelidir.

3. Eger şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen üýtgetmeler haýyşnamanyň mazmunyna düýpli täsir edýän bolsa, onda olar seredilmegi üçin kabul edilmeýär we haýyşnamaçy tarapyndan täze haýyşnamanyň berilmegi arkaly resmileşdirilip bilner.

Eger üýtgetmeler öň haýyşnama berlenler babatda harytlaryň sanawynyň üstüni kysmy bir bolmadyk harytlar bilen doldurýan ýa-da ony çalşyrýan bolsa, ýa-da girizilýän üýtgetmeler haýyşnama berlen belginiň daşky görnüşini umumylykda düýbünden üýtgedýän bolsa, olar haýyşnamanyň mazmunyna düýpli täsir edýän üýtgetmeler diýlip ykrar edilýär.

4. Bilermenler seljermesiniň geçirilýän döwründe bilermenler seljermesiniň geçirilmegi üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary haýyşnamaçydan talap etmäge Türkmenpatentiň hukugy bardyr. Şunda bilermenler seljermesiniň möhleti degişlilikde uzaldylýar.

Türkmenpatentiň talap etmegi boýunça goşmaça maglumatlar talapnamanyň ugradylan senesinden başlap, üç aý möhletde berilmelidir. Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça, eger towakganama şu möhletiň tamamlanmazyndan öň degişli pajyň tölenilendigi baradaky resminamalar bilen bilelikde gelip gowşan şertinde, bu möhlet uzaldylyp bilner.

Türkmenpatentiň talap etmegi boýunça goşmaça maglumatlary bermegiň möhletiniň uzaldylmagy bellenilen üç aýlyk möhletiň tamamlanan senesindan başlap, alty aýdan köp bolmaly däldir.

Maglumatlaryň görkezilen möhletlerde berilmedik halatynda haýyşnama ýatyrylan diýlip ykrar edilýär, bu barada haýyşnamaçy habarly edilýär.

5. Haýyşnamanyň bilermenler seljermesiniň geçirilýän döwründe ol boýunça çözgüt kabul edilýänçä, haýyşnamaçy şol belgä birinji haýyşnamada görkezilen harytlaryň sanawynyň bölegini özünde saklaýan bölüp berilýän haýyşnamany bermäge haklydyr. Bu ýagdaýda bölüp berilýän haýyşnamada haýyşnama bildirilen harytlar we (ýa-da) hyzmatlar birinji haýyşnamadan aýrylýar.

6. Haýyşnamaçynyň haýyşy boýunça, haýyşnama oňa garalmagynyň islendik döwründe, ýöne haryt nyşanynyň döwlet belligine alnan senesinden gijä goýulman, ýatyrylyp bilner.

Ýatyrylan haýyşnama boýunça ýuridik ähmiýetli hereketler amala aşyrylmaýar. Soňky ilkinjilikli haýyşnamalara seredilende ýatyrylan haýyşnama nazara alynmaýar. Ýatyrylan haýyşnama dikeldilmeýär we haýyşnamaça gaýtarylyp berilmeýär.

7. Bilermenler seljermesiniň geçirilýän döwründe ýüze çykýan meselelere garalmagyna haýyşnamaçynyň gatnaşmaga hukugy bardyr.

 

15-nji madda. Haryt nyşany üçin haýyşnamanyň deslapky bilermenler seljermesi

 

1. Haýyşnamanyň berlen senesinden iki aý geçenden soň, bir aý möhletde Türkmenpatent tarapyndan onuň deslapky bilermenler seljermesi geçirilýär; şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir. Deslapky bilermenler seljermesiniň geçirilmeginiň barşynda zerur resminamalaryň barlygy we şu Kanunyň 12-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan talaplaryň berjaý edilişi barlanylýar.

2. Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça haryt nyşany üçin haýyşnamanyň deslapky bilermenler seljermesi, degişli pajyň tölenilen şertinde, görkezilen towakganamanyň berlen gününden başlap, on iş gününiň içinde tizleşdirilen iş amaly boýunça geçirilip bilner.

3. Eger haýyşnama bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsa, ýüze çykarylan kemçilikler görkezilip we degişli maglumatlaryň talapnamanyň iberilen senesinden başlap, üç aýyň içinde iberilmegi teklip edilip, haýyşnamaça talapnama ugradylýar.

Türkmenpatentiň talap etmegi boýunça berilýän goşmaça maglumatlara şu Kanunyň 12-nji maddasynyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan talaplar degişlidir.

Türkmenpatentiň talabyna jogabyň berilmedik we onuň möhletiniň uzaldylmagy barada towakganamanyň bellenilen möhletde berilmedik halatynda haýyşnama ýatyrylýar, bu barada haýyşnamaçy habarly edilýär.

4. Deslapky bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça haýyşnamaçy haýyşnamasynyň garalmagy üçin kabul edilendigi barada habarly edilýär ýa-da haýyşnamasyny kabul etmekden ýüz dönderilmeginiň sebäpleri görkezilen, delillendirilen hat ugradylýar.

5. Haýyşnamasy seredilmegi üçin kabul edilen halatynda, haýyşnamaçy ilkinjiligiň bellenilýändigi barada habarly edilýär; konwension ýa-da sergi ilkinjiligi soralýan, ýöne haýyşnamanyň seredilmegi üçin kabul edilen pursadynda ilkinjiligi tassyklaýjy resminamalaryň bolmadyk halatlary muňa degişli däldir.

6. Seredilmegi üçin kabul edilen haýyşnamalar baradaky maglumatlar Türkmenpatent tarapyndan Resmi býulletende çap edilýär.

Seredilmegi üçin kabul edilen haýyşnama baradaky maglumatlar çap edilenden soň islendik gyzyklanýan şahs haryt nyşanynyň döwlet belligine alnan senesinden öň, degişli pajyň tölenilen şertinde, döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnama berlen haryt nyşanynyň hukuk goragynyň berilmegi barada ýazmaça görnüşdäki delillendirilen närazylygy Türkmenpatente bermäge haklydyr.

 

16-njy madda. Haýyşnama berlen belginiň düýp manysy boýunça bilermenler seljermesi

 

1. Haýyşnama berlen belginiň düýp manysy boýunça bilermenler seljermesi, degişli pajyň tölenilen şertinde, deslapky bilermenler seljermesi tamamlanandan soň, ýöne haýyşnamanyň ilkinjilik senesinden başlap, alty aýdan soň geçirilýär; şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.

2. Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça haýyşnama berlen belginiň düýp manysy boýunça bilermenler seljermesi, degişli pajyň tölenilen şertinde, haryt nyşany üçin haýyşnamanyň deslapky bilermenler seljermesi tamamlanan senesinden başlap, ýigrimi iş gününiň içinde tizleşdirilen iş amaly boýunça geçirilip bilner.

Başga bir şahsdan kysmy bir harytlar ýa-da hyzmatlar boýunça meňzeş haryt nyşany üçin konwension haýyşnamanyň gelip gowşan halatynda, tizleşdirilen bilermenler seljermesi iş amaly boýunça bellige alnan haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagynyň hakyky däldigi barada Türkmenpatent tarapyndan çözgüt kabul edilip bilner, bu barada haryt nyşanynyň eýesi habarly edilýär.

3. Düýp manysy boýunça bilermenler seljermesi şulary öz içine alýar:

1) haýyşnamanyň şu Kanunyň 12-nji maddasynda göz öňünde tutulan talaplara laýyklygyna barlagy;

2) haýyşnama berlen belginiň şu Kanunyň 10-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan talaplara laýyklygyna barlagy;

3) nyşanlaryň bellige alynmagy üçin harytlaryň we hyzmatlaryň Halkara klassifikasiýasy boýunça harytlaryň toparlara bölünişiniň dogrulygyna barlagy;

4) haryt nyşanynyň şekil elementleriniň Halkara klassifikasiýasyna laýyklykda, haryt nyşanynyň şekil elementleriniň klassifikasiýasynyň dogrulygyna barlagy;

5) haýyşnama berlen belginiň meňzeş we çalymdaş belgileriniň gözlegini hem-de şu Kanunyň 10-njy maddasynyň üçünji böleginiň      1-4-nji bentlerinde bellenilen şertlere laýyklygyna barlagy;

6) eger ilkinjilik deslapky bilermenler barlagynyň netijeleri boýunça bellenilmedik bolsa, haryt nyşanynyň ilkinjiliginiň şu Kanunyň 13-nji maddasyna laýyklykda bellenilmegini.

Bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça haýyşnama berlen belginiň haryt nyşany hökmünde döwlet belligine alynmagy ýa-da onuň döwlet belligine alynmagyndan ýüz dönderilmegi barada çözgüt kabul edilýär.

4. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy baradaky çözgütde haýyşnamanyň san belgisi, haýyşnamanyň berlen senesi, ilkinjilik baradaky maglumatlar, haýyşnamaçynyň ady we salgysy, haryt nyşanlarynyň bellige alynmagy üçin harytlaryň we hyzmatlaryň Halkara klassifikasiýasyna laýyklykda toparlarynyň görkezilmegi bilen, harytlaryň sanawy, haryt  nyşanynyň şekil elementleriniň Halkara klassifikasiýasyna laýyklykda, haryt nyşanynyň şekil elementleriniň görkezilmegi bilen, nyşanyň şekili.

Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy baradaky çözgütde, eger olar bar bolsa, ondaky goralmaýan elementler, şeýle hem, eger reňkli ýerine ýetirilen haryt nyşanyny bellige almak soralýan bolsa – reňk sazlaşygy, pajyň möçberi we ony tölemegiň möhletleri hem-de çözgüde şikaýat etmegiň şertleri we möhletleri hem-de beýleki zerur maglumatlar sanalyp geçilýär.

5. Eger haýyşnama boýunça çözgüt başga bir, has irki ilkinjiligi bolan haýyşnama seredilmeginiň netijelerine bagly bolsa, onda giç berlen haýyşnama boýunça çözgüt irki ilkinjiligi bolan haýyşnama seredilmegi tamamlanandan soň çykarylýar.

6. Eger haýyşnama berlen belginiň bilermenler seljermesiniň netijesinde belginiň şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi anyklanylsa, haryt nyşanyny döwlet belligine almakdan ýüz dönderilmegi üçin esas bolup biljek deliller, eger zerur bolsa, maglumatlaryň degişli çeşmelerine salgylanmalar getirilip we getirilen delilleri inkär etmek, şeýle hem goşmaça maglumatlary bermek ýa-da haýyşnama zerur üýtgetmeleri girizmek teklip edilip, haýyşnamaça haryt nyşanyny döwlet belligine almakdan doly ýa-da bölekleýin ýüz dönderilmegi baradaky deslapky çözgüt iberilýär.

Haýyşnamaçy bilermenler seljermesi geçirilende ulanylýan resminamalar bilen tanyşmaga haklydyr. Garşy goýlan resminamalaryň nusgalary talapnamanyň iberilen senesinden başlap, üç aý möhletde talap edilip bilner.

7. Haýyşnamaçy Türkmenpatentiň bilermenler seljermesiniň haryt nyşanyny döwlet belligine almakdan doly ýa-da bölekleýin ýüz döndermek baradaky deslapky çözgüdi bilen razylaşmadyk ýagdaýynda, deslapky çözgüdiň iberilen senesinden başlap, üç aý möhletde delillendirilen arzany bermäge haklydyr. Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça, eger towakganama uzaltmagyň her aýy üçin pajyň tölenilendigi baradaky resminamalar bilen bilelikde bu möhlet tamamlanmanka gelip gowşan şertinde, arzany bermegiň möhleti alty aýa çenli uzaldylyp bilner.

Arza Türkmenpatent tarapyndan onuň alnan senesinden başlap, iki aý möhletde seredilýär.

8. Eger şu maddanyň altynjy böleginde görkezilen möhletler haýyşnamaçy tarapyndan berjaý edilmese, onda haýyşnama berlen belgini haryt nyşany hökmünde döwlet belligine almakdan ýüz döndermek barada ýa-da haryt nyşanyny Türkmenpatentiň deslapky çözgüdinde görkezilen möçberde döwlet belligine almak barada çözgüt çykarylýar.

 

17-nji madda. Haryt nyşany üçin haýyşnama boýunça Türkmenpatentiň çözgüdiniň jedelleşilmegi we geçirilen möhletleriň dikeldilmegi

 

1. Türkmenpatentiň haryt nyşany üçin haýyşnama boýunça çykaran çözgüdi görkezilen çözgüdiň iberilen senesinden başlap, üç aýyň içinde Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparyna degişli şikaýaty bermek arkaly haýyşnamaçy tarapyndan jedelleşilip bilner.

Şikaýatyna seredilmegine haýyşnamaçynyň özüniň ýa-da wekiliniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.

2. Resminamalary ýa-da maglumatlary bermegiň, şeýle hem Türkmenpatentiň deslapky çözgüdi ýa-da çözgüdi bilen razylaşylmaýandygy baradaky arzany bermegiň haýyşnamaçy tarapyndan geçirilen möhletleri dikeldilip bilner. Geçirilen möhletiň dikeldilmegi baradaky arza uzaltmagyň her aýy üçin pajyň tölenilendigi baradaky resminamalar bilen bilelikde bellenilen möhletiň tamamlanan senesinden başlap, alty aýdan gijä galynman haýyşnamaçy tarapyndan Türkmenpatente berlip bilner.

Geçirilen möhletiň dikeldilendigi barada haýyşnamaçy habarly edilýär.

 

18-nji madda. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagynyň amala aşyrylmagy

 

1. Haryt nyşanyny döwlet belligine almak barada çözgüdiň kabul edilen we degişli pajyň tölenilendigini tassyklaýan resminamanyň alnan halatynda Türkmenpatent görkezilen bellige almaklygy amala aşyrýar we haryt nyşany baradaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizýär.

2. Döwlet sanawyna haryt nyşanynyň şekili, onuň eýesi hakyndaky maglumatlar, haýyşnamanyň berlen senesi, haryt nyşanynyň ilkinjiligi baradaky maglumatlar we döwlet belligine alnan senesi, haryt nyşany özleri üçin bellige alnan harytlaryň we (ýa-da) hyzmatlaryň sanawy, haryt nyşanynyň şekil elementleriniň haryt nyşanynyň şekil elementleriniň Halkara klassifikasiýasy boýunça ýazgysy, haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagyna degişli beýleki maglumatlar, şeýle hem ol maglumatlardaky soňky üýtgemeler girizilýär.

Şeýle hem Döwlet sanawyna haryt nyşanynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy we (ýa-da) bes edilmegi hem-de döwlet belligine alynmagynyň ýatyrylmagy baradaky maglumatlar girizilýär.

3. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy we haryt nyşany üçin şahadatnamanyň berilmegi üçin pajyň tölenilendigini tassyklaýan resminama haryt nyşanyny döwlet belligine almak baradaky çözgüdiň haýyşnamaça iberilen senesinden başlap, üç aýyň içinde Türkmenpatente gelip gowuşmalydyr.

Paç görkezilen möhletde tölenilmese haýyşnamaça, her geçirilen aý üçin degişli pajyň tölenilen şertinde, bellenen möhletiň tamamlanan senesinden başlap, ýeňillikli alty aý möhlet berilýär. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy degişli pajyň tölenilendigi baradaky resminama alnandan soň bir aýyň içinde geçirilýär.

4. Bellenen we ýeňillikli möhletlerde pajyň tölenilendigi baradaky resminamalaryň berilmedik halatynda haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy geçirilmeýär.

Şu ýagdaýda haýyşnama ýatyrylýar, bu barada haýyşnamaçy habarly edilýär.

5. Islendik gyzyklanýan şahs, degişli pajy tölän şertinde, Döwlet sanawyndan göçürmäni sorap alyp biler.

 

19-njy madda. Haryt nyşany üçin şahadatnamany bermek

 

1. Bellige alnan haryt nyşany üçin şahadatnama berilýär. Haryt nyşany üçin şahadatnamanyň berilmegi haryt nyşanynyň döwlet belligine alnan senesinden başlap, üç aý möhletde Türkmenpatent tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Haryt nyşany üçin şahadatnamanyň görnüşi we haryt nyşany üçin şahadatnamada görkezilýän esasy maglumatlaryň sanawy Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär.

 

20-nji madda. Haryt nyşanynyň hereket ediş möhletini uzaltmak

 

1. Haryt nyşanynyň hereket ediş möhleti haryt nyşanynyň hereketiniň soňky ýylynyň içinde onuň eýesiniň Türkmenpatente beren arzasy boýunça, degişli pajyň tölenilen şertinde, her indiki on ýyla uzaldylyp bilner.

Uzaldylyş möhleti öňki möhletiň tamamlanan senesinden hasaplanylýar. Degişli pajyň tölenilen şertinde, haryt nyşanynyň eýesine onuň hereket ediş möhletini uzaltmak üçin ýeňillikli alty aý möhlet berilýär.

2. Haryt nyşanynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy baradaky maglumatlar Döwlet sanawyna girizilýär, bu barada haryt nyşanynyň eýesi habarly edilýär.

Haryt nyşanynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagynyň tertibi Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenýär.

3. Haryt nyşanynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy baradaky maglumatlar Resmi býulletende çap edilýär.

 

21-nji madda. Döwlet sanawyna üýtgetmeleriň girizilmegi

 

1. Döwlet sanawyna haryt nyşanynyň  eýesiniň adynyň we (ýa-da) salgysynyň üýtgemegi, haryt nyşany özleri babatda bellige alnan harytlaryň sanawynyň kemelmegi, haryt nyşanynyň düýp manysyny üýtgetmeýän aýratyn elementleriniň üýtgemegi, şeýle hem haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagyna degişli beýleki üýtgeşmeler bilen baglanyşykly üýtgetmeler girizilýär.

2. Döwlet sanawyna üýtgetmeleriň girizilmegi, degişli pajyň tölenilen şertinde, haryt nyşanynyň eýesiniň arzasy boýunça geçirilýär. Döwlet sanawyna üýtgetmeleri girizmek baradaky arzany bermegiň we oňa seretmegiň tertibi Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.

 

22-nji madda. Haryt nyşany baradaky maglumatlaryň çap edilmegi

 

1. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagyna degişli maglumatlar we Döwlet sanawyna girizilen ähli soňky üýtgetmeler haryt nyşanynyň döwlet belligine alnan ýa-da Döwlet sanawyna üýtgetmeleriň girizilen senesinden başlap, alty aýyň içinde Resmi býulletende çap edilýär.

2. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy barada çap edilýän maglumatlaryň sanawy Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär.

 

23-nji madda. Haryt nyşanynyň halkara belligine alynmagy we daşary ýurt döwletlerinde bellige alynmagy

 

1. Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar we Türkmenistanyň ýuridik şahslary haryt nyşanyny halkara belligine aldyrmaga ýa-da ony daşary ýurt döwletlerinde bellige aldyrmaga haklydyrlar.

2. Haryt nyşanyny haryt nyşanlarynyň halkara belligine alynmagy hakyndaky Madrid ylalaşygyna Teswirnama gatnaşyjy ýurtlarda halkara belligine aldyrmak Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasynyň Halkara býurosyna Türkmenpatentiň üsti bilen berlen halkara haýyşnamanyň esasynda amala aşyrylýar.

Haryt nyşanlarynyň halkara belligine alynmagy baradaky maglumatlar Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasynyň Halkara býurosy tarapyndan çap edilýär.

3. Haryt nyşanyny halkara belligine aldyrmak ýa-da daşary ýurt döwletlerinde bellige aldyrmak bilen bagly çykdajylary haýyşnamaçynyň özi çekýär.

 

24-nji madda. Köpçülikleýin nyşan

 

1. Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar we (ýa-da) telekeçilik işini amala aşyrýan ýuridik şahslar bitewi hil ýa-da gaýry umumy häsiýetnamalara eýe bolan harytlaryň (ýerine ýetirilýän işleriň, edilýän hyzmatlaryň) belgilenmegi üçin niýetlenilen köpçülikleýin nyşany Türkmenistanda bellige aldyrmaga haklydyrlar.

Köpçülikleýin nyşany bu köpçülikleýin nyşany ulanmaga hukugy bolan şahslaryň sanawynda görkezilen islendik şahs ulanyp biler.

2. Köpçülikleýin nyşan we ony ulanmaga bolan hukuk başga şahslara berlip bilinmez.

 

25-nji madda. Köpçülikleýin nyşanyň döwlet belligine alynmagy

 

1. Köpçülikleýin nyşany döwlet belligine aldyrmak üçin berilýän haýyşnamanyň ýanyna haýyşnamaçynyň adyny, bu köpçülikleýin nyşany ulanmaga hukugy bolan şahslaryň sanawyny, köpçülikleýin nyşany döwlet belligine aldyrmagyň maksadyny, köpçülikleýin nyşan bilen belgilenjek harytlaryň hil taýdan bitewi ýa-da beýleki umumy häsiýetnamalaryny, onuň ulanylyşyna gözegçilik etmegiň şertlerini we tertibini, köpçülikleýin nyşanyň ulanylmagynyň şertleriniň bozulandygy üçin jogapkärçiligiň çärelerini görkezmek bilen, belginiň köpçülikleýin nyşan hökmünde döwlet belligine alynmagy baradaky arza goşulýar.

2. Döwlet sanawyna köpçülikleýin nyşany ulanmaga hukugy bolan şahslar baradaky maglumatlar, şeýle hem köpçülikleýin nyşan özleri babatda bellige alnan harytlaryň hil taýdan bitewi ýa-da beýleki umumy häsiýetnamalary baradaky maglumatlar girizilýär. Köpçülikleýin nyşanyň döwlet belligine alynmagy baradaky maglumatlar Resmi býulletende çap edilýär.

Köpçülikleýin nyşanyň eýesi köpçülikleýin nyşana degişli ähli üýtgetmeler barada Türkmenpatenti habarly edýär.

Bellige alnan köpçülikleýin nyşan üçin şahadatnama berilýär. Köpçülikleýin nyşan üçin şahadatnamanyň berilmegi köpçülikleýin nyşanyň döwlet belligine alnan senesinden başlap, üç aý möhletde Türkmenpatent tarapyndan amala aşyrylýar.

Köpçülikleýin nyşan üçin şahadatnamanyň görnüşi we köpçülikleýin nyşan üçin şahadatnamada görkezilýän maglumatlaryň sanawy Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenýär.

3. Köpçülikleýin nyşanyň hil taýdan bitewi ýa-da beýleki umumy häsiýetnamalary bolmadyk harytlarda ulanylan halatynda köpçülikleýin nyşanyň hukuk taýdan goragy islendik gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň esasynda doly ýa-da bölekleýin bes edilip bilner.

4. Köpçülikleýin nyşan we onuň döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnama degişlilikde haryt nyşanyna we onuň döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnama üýtgedilip bilner, haryt nyşany we onuň döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnama bolsa, degişlilikde köpçülikleýin nyşana we onuň döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnama üýtgedilip bilner. Görkezilen üýtgedilme Türkmenpatent tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.

5. Köpçülikleýin nyşanyň döwlet belligine alynmagy we köpçülikleýin nyşan üçin şahadatnama Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň esasynda hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

 

26-njy madda. Haryt nyşanynyň ulanylmagy

 

1. Haryt nyşanynyň eýesi ýa-da şu Kanunyň 29-njy maddasyna laýyklykda, ygtyýarlandyryş şertnamasynyň esasynda özüne şeýle hukuk berlen şahs tarapyndan onuň haryt nyşany özleri babatda bellige alnan harytlarda ýa-da hyzmatlar babatynda we (ýa-da) harytlaryň etiketkalarynda, gaplarynda ulanylmagy haryt nyşanynyň ulanylmagy diýlip ykrar edilýär.

Haryt nyşanynyň mahabatda, neşir önümlerinde, at ýazgylarynda, Türkmenistanda geçirilýän sergilerde we ýarmarkalarda eksponatlar görkezilende, şeýle hem Internet ulgamynda ulanylmagy haryt nyşanynyň ulanylmagy diýlip ykrar edilip bilner.

2. Dellalçylyk işlerini amala aşyrýan şahslar öz haryt nyşanyny haryt öndürijiniň haryt nyşany bilen birlikde, şeýle hem haryt öndürijiniň haryt nyşanynyň deregine şertnama esasynda ulanyp bilerler.

3. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy nyşanyň eýesiniň gönüden-göni özi tarapyndan ýa-da onuň razyçylygy bilen Türkmenistanda hojalyk dolanyşygyna girizilen harytlar babatda başga şahslar tarapyndan onuň ulanylmagyny gadagan etmäge haryt nyşanynyň eýesine hukuk bermeýär.

4. Haryt nyşanynyň ulanylmazlygy sebäpli haryt nyşanynyň hereketiniň möhletinden öň bes edilmegi baradaky arzanyň berlen senesinden öňki üç ýylyň dowamynda onuň ulanylmandygy sebäpli haryt nyşanynyň hereketi harytlar babatynda ýa-da harytlaryň bölegi babatynda möhletinden öň bes edilip bilner.

Ýokarda görkezilen arza haryt nyşanynyň Türkmenistanda bellige alnan senesinden başlap, üç ýyl geçeninden soň berlip bilner.

5. Haryt nyşanynyň ulanylmazlygy sebäpli onuň hereketiniň möhletinden öň bes edilmegi baradaky arza islendik gyzyklanýan şahs tarapyndan Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparyna berlip bilner.

6. Haryt nyşanynyň ulanylýandygynyň subutnamasyny onuň eýesi berýär. Haryt nyşanynyň onuň düýp manysyny üýtgetmeýän käbir elementleriniň üýtgedilmegi bilen ulanylmagy hem haryt nyşanynyň ulanylmagynyň subutnamasy diýlip ykrar edilýär.

7. Ulanylmaýandygy sebäpli haryt nyşanynyň hereketiniň möhletinden öň bes edilmegi baradaky mesele çözülende, haryt nyşanynyň eýesi tarapyndan haryt nyşanynyň onuň özüne bagly bolmadyk ýagdaýlar sebäpli ulanylmandygy barada getirilýän subutnamalar göz öňünde tutulyp bilner.

 

27-nji madda. Duýduryjy belgileme

 

1. Haryt nyşanynyň eýesi haryt nyşanynyň ýanynda ulanylýan haryt nyşanynyň Türkmenistanda bellige alnandygyny we goralýandygyny görkezýän, halkanyň içindäki «R» latyn harpy görnüşindäki ýa-da «bellige alnan haryt nyşany» diýen sözler bilen aňladylan görnüşdäki duýduryjy belgilemäni goýmaga haklydyr.

2. Türkmenistanda bellige alynmadyk we goralmaýan haryt nyşany babatda duýduryjy belgilemäni amala aşyrýan şahs Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilik çekýär.

 

28-nji madda. Haryt nyşanyna bolan hukugyň başga birine berilmegi

 

1. Haryt nyşanyna bolan aýratyn hukuk onuň eýesi tarapyndan ol özleri üçin bellige alnan harytlaryň hemmesi ýa-da bir bölegi babatda başga bir şahsa şertnama esasynda berlip bilner.

2. Eger munuň özi haryt ýa-da ony öndüriji babatda sarp edijiniň ýalňyşmagyna sebäp bolsa, haryt nyşanyna bolan hukugyň başga bir şahsa berilmegine ýol berilmeýär.

 

29-njy madda. Haryt nyşanynyň ulanylmagyna bolan hukugyň başga birine berilmegi

 

1. Haryt nyşanyny ulanmaga bolan hukuk ygtyýarlandyryş şertnamasy esasynda, şertnamada bellenen çäklerde haryt nyşanynyň eýesi (ygtyýarlandyryjy) tarapyndan başga bir şahsa (ygtyýar alyja) ol özleri babatda bellige alnan harytlaryň hemmesi ýa-da bir bölegi üçin berlip bilner.

2. Haryt nyşanynyň ulanylmagy baradaky ygtyýarlandyryş şertnamasynda ygtyýar alyjynyň harytlarynyň hiliniň ygtyýarlandyryjynyň harytlarynyň hilinden pes bolmajakdygy we şu şertiň ýerine ýetirilmegine ygtyýarlandyryjynyň gözegçiligi amala aşyrjakdygy baradaky şertler bolmalydyr.

3. Eger haryt nyşanynyň ulanylmagy baradaky ygtyýarlandyryş şertnamasynyň hereket ediş möhleti haryt nyşanynyň hereket ediş möhletinden artyk bolsa, onda haryt nyşanynyň eýesi onuň hereket ediş möhletini öz wagtynda uzaltmalydyr. Şeýle edilmedik halatynda, görkezilen şertnama öz hereketini haryt nyşanynyň hereket ediş möhletiniň tamamlanan senesinden bes edýär.

 

30-njy madda. Haryt nyşanyna bolan hukugyň başga birine berilmegi hakyndaky şertnamanyň we haryt nyşanynyň ulanylmagy hakyndaky ygtyýarlandyryş şertnamasynyň döwlet belligine alynmagy

 

1. Haryt nyşanyna bolan hukugyň başga birine berilmegi hakyndaky şertnama we haryt nyşanynyň ulanylmagy hakyndaky ygtyýarlandyryş şertnamasy Türkmenpatentde döwlet belligine alynmaga degişlidir we olar döwlet belligine alnan senesinden güýje girýär. Görkezilen şertnamalar döwlet belligine alynmasa, hakyky däl diýlip hasap edilýär.

2. Haryt nyşanynyň ulanylmagy hakyndaky bellige alnan ygtyýarlandyryş şertnamasyna onuň hereket ediş möhletiniň çäklerinde taraplaryň ylalaşygynyň esasynda üýtgetmeler girizilip bilner.

3. Haryt nyşanyna bolan hukugyň başga birine berilmegi hakyndaky şertnamany, haryt nyşanynyň ulanylmagy hakyndaky ygtyýarlandyryş şertnamasyny döwlet belligine almagyň we oňa üýtgetmeler girizmegiň tertibi Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenýär. Ýokarda görkezilen hereketleriň döwlet belligine alynmagy üçin paç alynýar.

4. Haryt nyşanyna bolan hukugyň başga birine berilmegi hakynda şertnamanyň, haryt nyşanynyň ulanylmagy hakynda ygtyýarlandyryş şertnamasynyň we bellige alnan ygtyýarlandyryş şertnamasyndaky üýtgetmeleriň döwlet belligine alynmagy baradaky maglumatlar Döwlet sanawyna girizilýär, şeýle hem Resmi býulletende çap edilýär.

 

31-nji madda. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagynyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi

 

1. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy şu ýagdaýlarda hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner:

1) eger haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy şu Kanunyň 10-njy maddasynyň ikinji böleginde we üçünji böleginiň 3-6-njy bentlerinde bellenen talaplar bozulyp geçirilen bolsa, onuň hereket ediş möhletiniň bütin dowamynda dolulygyna ýa-da bölekleýin;

2) eger haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy şu Kanunyň   3-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenen talaplar bozulyp amala aşyrylan bolsa, onuň hereket ediş möhletiniň bütin dowamynda dolulygyna;

3) haryt nyşanynyň döwlet belligine alnan senesinden başlap, bäş ýylyň dowamynda dolulygyna ýa-da bölekleýin, eger:

a) ol şu Kanunyň 10-njy maddasynyň üçünji böleginiň 1-nji we   2-nji bentlerinde bellenen talaplar bozulyp geçirilse;

b) haryt nyşanynyň eýesiniň söwda agenti ýa-da wekili nyşanyň eýesiniň razyçylygy bolmazdan, Pariž konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň birinde ol nyşanyň döwlet belligine alynmagy üçin öz adyndan haýyşnama beren bolsa; görkezilen agent ýa-da wekil tarapyndan onuň hereketini delillendirýän subutnamalaryň berlen halaty muňa degişli däldir;

ç) bäsdeşiň meňzeş ýa-da gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş haryt nyşany kysmy bir harytlar we (ýa-da) hyzmatlar babatynda öz adyna bellige alnan bolsa.

2. Islendik gyzyklanýan şahs, degişli pajy tölän şertinde, haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagynyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi barada, şu maddanyň birinji böleginde bellenen möhletlerde Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparyna şikaýat edip biler.

Görkezilen arzany beren şahsyň, şeýle hem haryt nyşanynyň eýesiniň arzasyna seredilmegine özüniň ýa-da öz wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.

3. Haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy we haryt nyşany üçin şahadatnama Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň esasynda hakyky däl diýlip ykrar edilýär.

 

32-nji madda. Haryt nyşanynyň hukuk goragynyň bes edilmegi

 

1. Haryt nyşanynyň hukuk goragy şu ýagdaýlarda bes edilýär:

1) haryt nyşanynyň hereket ediş möhletiniň tamamlanmagy bilen baglylykda;

2) haryt nyşanynyň hereketiniň togtadylmagy barada haryt nyşanynyň eýesinden arza gelip gowşan halatynda.

2. Haryt nyşanynyň hereketi şu ýagdaýlarda Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda möhletinden öň bes edilýär:

1) haryt nyşanynyň şu Kanunyň 26-njy maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda ulanylmaýandygy bilen baglylykda;

2) haryt nyşanynyň eýesi bolup durýan fiziki şahsyň telekeçilik işiniň bes edilen ýa-da ýuridik şahsyň ýatyrylan halatynda;

3) köpçülikleýin nyşanyň hil taýdan bitewi ýa-da beýleki umumy häsiýetnamalary bolmadyk harytlarda ulanylan halatynda;

4) bellige alnan haryt nyşanynyň belli bir görnüşdäki harytlaryň belgisi hökmünde ählumumy ulanyşyga giren belgä öwrülen halatynda.

3. Haryt nyşanynyň hereketiniň bes edilmegi baradaky maglumatlar Resmi býulletende çap edilýär.

 

33-nji madda. Paçlar

 

1. Haýyşnamanyň berilmegi, onuň bilermenler seljermesi, haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy, Döwlet sanawyna üýtgetmeleriň girizilmegi, haryt nyşanynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy, haryt nyşanyna bolan hukugyň başga birine berilmegi we beýleki iş amallary bilen baglanyşykly ýuridik taýdan ähmiýetli hereketleriň amala aşyrylmagy üçin paç alynýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, paçlar haýyşnamaçy, haryt nyşanynyň eýesi ýa-da islendik üçünji şahs tarapyndan tölenilýär.

3. Paçlaryň tölenilmeginden gelip gowşan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.

4. Paçlaryň möçberi, olary tölemegiň möhletleri we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

34-nji madda. Türkmenpatentiň Arz-şikaýat topary

 

1. Türkmenpatentiň Arz-şikaýat topary bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklar baradaky arzalara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda seretmek boýunça edara bolup durýar.

Türkmenpatentiň Arz-şikaýat topary şahslaryň aşakdaky şikaýatlaryna seretmäge ygtyýarlydyr:

1) şu Kanunyň 17-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, Türkmenpatentiň çykaran çözgüdi bilen razylaşylmaýandygy baradaky;

2) şu Kanunyň 31-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, haryt nyşanynyň ýa-da köpçülikleýin nyşanyň döwlet belligine alynmagynyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi baradaky;

3) şu Kanunyň 32-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, haryt nyşanynyň hereket ediş möhletiniň möhletinden öň bes edilmegi baradaky;

4) Türkmenpatentiň haryt nyşanyna bolan hukugyň başga birine berilmegi hakyndaky şertnamanyň döwlet belligine alynmagy, haryt nyşanynyň ulanylmagy üçin ygtyýarlandyryş şertnamasynyň döwlet belligine alynmagy ýa-da haryt nyşanynyň ulanylmagy üçin ygtyýarlandyryş şertnamasyna üýtgetmeleriň girizilmegi babatda Türkmenpatentiň çykaran çözgüdi bilen razylaşylmaýandygy baradaky;

5) Türkmenpatentiň toparynyň patent ynamdarlygyna dalaşgäriň hünär synagy boýunça çykaran çözgüdi bilen razylaşylmaýandygy baradaky.

Patent ynamdarlaryny hünär synagyndan geçirmegiň we bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

Ol boýunça şikaýat edilen haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy babatdaky ýuridik ähmiýetli hereketler şikaýata seredilmegi tamamlanýança togtadylýar.

2. Haýyşnamaçy şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan şikaýaty, degişli pajyň tölenilen şertinde, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparyna bermäge haklydyr. Görkezilen şikaýata Türkmenpatentiň Arz-şikaýat topary tarapyndan fiziki we ýuridik şahslaryň haryt nyşanyna bolan bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklary baradaky şikaýatlaryna seretmegiň Tertibinde bellenilen möhletlerde seredilmelidir.

Şikaýata seretmegiň möhleti şikaýat eden şahsyň, şeýle hem haryt nyşanynyň eýesiniň towakganamasy boýunça uzaldylyp bilner, ýöne ol şikaýata seretmek üçin ilkibaşda bellenilen möhletiň tamamlanan senesinden başlap, alty aýdan köp bolmaly däldir.

Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň çözgüdine gaýtadan seredilmegi baradaky towakganama gyzyklanýan taraplaryň islendigi tarapyndan çözgüdiň alnan senesinden başlap, bir aýyň içinde Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň başlygynyň adyna berlip bilner.

Gyzyklanýan taraplaryň islendigi Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň çözgüdine onuň tassyklanylan senesinden başlap, kyrk bäş senenama gününiň içinde kazyýetde şikaýat edip biler.

 

35-nji madda. Jedellere kazyýet tertibinde seredilmegi

 

1. Kazyýetler Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde aşakdakylar bilen bagly jedellere seredýärler:

1) haryt nyşanyna bolan aýratyn hukugyň bozulmagy we onuň bikanun ulanylmagy;

2) harytlaryň bikanun diýlip ykrar edilmegi we haryt nyşanynyň onuň eýesiniň razyçylygy bolmazdan ulanylandygy üçin ýetirilen zeleliň öweziniň dolunmagy;

3) ygtyýarlandyryş şertnamasynyň hem-de haryt nyşanyna bolan hukugyň başga birine berilmegi hakyndaky şertnamanyň baglaşylmagy we ýerine ýetirilmegi;

4) ol boýunça meňzeş haryt nyşany Türkmenpatentde başga bir şahsyň adyna bellige alnan haýyşnamanyň berlen senesinden soň onuň üçin Türkmenistanda haýyşnama berlen firma adynyň döwlet belligine alynmagy;

5) meňzeş firma adynyň başga bir şahsyň adyna Türkmenistanda döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnamanyň berlen senesinden soň Türkmenpatente onuň üçin haýyşnama berlen haryt nyşanynyň döwlet belligine alynmagy;

6) ikinji derejeli milli domeniň öz meňzeş adynyň Türkmenistanda döwlet belligine alynmagyndan öň Türkmenpatente başga bir şahs tarapyndan onuň üçin haýyşnama berlen haryt nyşanyna bolan aýratyn hukugyň bozulmagy;

7) Türkmenpatentde başga bir şahsyň adyna bellige alnan meňzeş haryt nyşanynyň haýyşnamasynyň berlen senesinden öň Türkmenistanda bellige alnan, ikinji derejeli milli domeniň öz adyna bolan aýratyn hukugyň bozulmagy;

8) Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň çözgütleriniň jedelleşilmegi.

Kazyýetler Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde şu Kanunyň ulanylmagy bilen baglanyşykly beýleki jedellere hem seredip bilerler.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 1-4-nji we 6-njy bentlerinde göz öňünde tutulan jedellere seredilende haryt nyşanynyň eýesi tarapyndan haryt nyşanynyň özüniň olar üçin bellige alnan harytlarynda we (ýa-da) ol tarapyndan ýerine ýetirilýän işler ýa-da edilýän hyzmatlar babatynda hakykat ýüzünde ulanylmagy baradaky subutnamalar berilmelidir.

3. Şu maddanyň birinji böleginiň 5-nji bendinde göz öňünde tutulan jedellere seredilende firma adynyň eýesi öz adynyň onuň harytlarynda (onuň ýerine ýetirýän işlerinde, edýän hyzmatlarynda) hakykat ýüzünde ulanylmagy baradaky subutnamalary bermelidir.

4. Şu maddanyň birinji böleginiň 7-nji bendinde göz öňünde tutulan jedellere seredilende ikinji derejeli milli domeniň öz adynyň eýesi öz domeniniň harytlaryň ýerlenilmeginiň maksatlarynda ulanylmagynyň subutnamalaryny, şeýle hem ýerine ýetirilýän işler ýa-da edilýän hyzmatlar baradaky maglumaty bermelidir.

5. Kazyýet bikanun harytlaryň muzdsuz alynmagy hakynda çözgüt çykarmaga haklydyr.

 

36-njy madda. Gümrük gözegçiligi

 

Haryt nyşanlarynyň eýeleriniň hukuklarynyň goralmagy babatda gümrük gözegçiligi Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda, gümrük edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

37-nji madda. Haryt nyşanynyň bikanun ulanylandygy üçin jogapkärçilik

 

1. Haryt nyşanlarynyň eýeleriniň razyçylygy bolmazdan amala aşyrylýan, aşakdakylar bilen bagly bikanun hereketler haryt nyşanynyň ýa-da onuň bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş belginiň kysmy bir harytlar babatynda bikanun ulanylmagy diýlip ykrar edilýär:

1) olaryň bikanun taýýarlanylmagy, ulanylmagy, mahabatda, çap edilýän neşirlerde, kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň resmi kagyzlarynda, at ýazgylarynda, Türkmenistanda geçirilýän sergilerde we ýarmarkalarda eksponatlar görkezilende bikanun peýdalanylmagy;

2) olaryň Türkmenistana getirilmegi, Türkmenistandan çykarylmagy, satylmagy we Türkmenistanyň çäginde hojalyk dolanyşygyna başgaça girizilmegi ýa-da saklanylmagy, daşalmagy;

3) işler ýerine ýetirilende ýa-da hyzmatlar edilende olaryň ulanylmagy we (ýa-da) ýerleşdirilmegi;

4) haryt nyşanynyň eýesine ýa-da harytlary sarp edijilere zelel ýetirýän beýleki hereketler.

2. Haryt nyşanyny ýa-da onuň bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş belgini bikanun ulanýan (şol sanda hyzmatlar edilende hem) şahs onuň eýesiniň talap etmegi ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça şulara borçludyr:

1) ony ulanmaklygy bes etmäge;

2) ýitirilen peýdany hasaba almak bilen, ýitginiň öwezini dolmaga ýa-da kazyýetiň çözgüdi bilen ýa-da taraplaryň ylalaşygy boýunça kesgitlenilýän öwezini doluş puluny tölemäge;

3) bikanun ulanylýan haryt nyşanyny ýa-da onuň bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş belgini harytdan ýa-da onuň gabyndan aýyrmaga.

 

38-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen «Haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary we harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 53-nji madda);

2013-nji ýylyň 22-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 44-nji madda) II bölegini;

2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda) birinji böleginiň 13-nji bendini.

 

Türkmenistanyň                                                      Gurbanguly

     Prezidenti                                                        Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.

№ 141-VI.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 08.06.2019
Resminamanyň belgisi № 141-VI.