Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda Düzgünnama

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň

2016-njy ýylyň 23-nji martynda çykaran 21-ÖB belgili

B U Ý R U G Y

 

Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnamany tassyklamak barada

 

Notariat we notarial işi hakynda ” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary, welaýat adalat bölümleriniň başlyklary, welaýat döwlet notarial edaralarynyň müdirleri gözegçilik etmeli.

 

Ministr                                                                                      B.Muhamedow

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2016-njy ýylyň 23-nji martynda

çykaran 21 ÖB belgili buýrugy bilen

tassyklandy

 

Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketlerini

amala aşyrmagyň tertibi hakynda

Düzgünnama

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Şu Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (mundan beýläk - Kanun), Türkmenistanyň Raýat kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda işlenip düzüldi we Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär.

2. Geňeşlerde notarial hereketleri Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Geňeşleriň wezipeli adamlary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň buýruklaryny, çözgütlerini şeýle hem, şu Düzgünnamany goldanýarlar.

4. Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleri amala aşyrylanda notarial namasy - Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde düzülen, tassyklanan ýa-da şaýatlyk edilen ýazmaça resminama (notarial taýdan tassyklanan resminama) düzülýär.

5. Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan şu notarial hereketleri amala aşyrylýar:

1) wesýetnamalary tassyklaýarlar;

2) ynanç hatlaryny tassyklaýarlar;

3) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;

4) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

5) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler.

Geňeşleriň wezipeli adamlary tassyklan wesýetnamasynyň asyl nusgasynyň birini özünde galdyrmak bilen onuň asyl nusgasynyň birini bolsa, haýal etmezden wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermäge borçludyr.  

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Geňeşleriň wezipeli adamlaryna şu bölümde göz öňünde tutulmadyk beýleki notarial hereketlerini amala aşyrmak wezipesi hem ýüklenip bilner.

6. Geňeşleriň wezipeli adamlary amala aşyrýan notarial hereketleriniň syryny saklamaga we bellenilen borçlaryny berjaý etmäge borçludyrlar.

Amala aşyrylan notarial hereketleriň syrynyň saklanylmagyny üpjün etmek notarial işini bes eden adamlar üçin hem hökmany talapdyr.

Amala aşyrylan notarial hereketleri barada maglumatlar, berlen resminamalaryň nusgalary diňe bu hereketler öz adyndan, öz adyna, öz tabşyrmagy boýunça ýa-da özi babatda amala aşyrylan fiziki we ýuridik şahslara berilýär.

Notarial hereketleri barada maglumatlar we resminamalar önümçiliginde bolan işler boýunça kazyýetiň, prokuratura, anyklaýyş hem-de derňew edaralarynyň ýazmaça talap etmegi boýunça, şeýle hem Kanuna laýyklykda döwlet notariusynyň işine gözegçiligi amala aşyrmaga ygtyýarly edaralara berilýär.

Amala aşyrylan notarial hereketleri barada maglumatlar gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan döwlet bellige alyjysynyň ýazmaça talap etmegi boýunça berilýär, muňa Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda diňe gyzyklanýan şahslara berilýän resminamalar girmeýär.

Wesýetnama barada maglumatlar wesýet edijiniň diri wagtynda onuň özüne berilýär, wesýet ediji ölenden soň bolsa, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu bölümiň üçünji - bäşinji bentlerinde görkezilen şahslara we edaralara, şeýle hem wesýet edijiniň mirasdarlaryna berilýär.

Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň syryny saklamak borjy bu hereketler barada gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly özlerine mälim bolan adamlara, şeýle hem notarial hereketlerine gatnaşan beýleki şahslara degişlidir.

Amala aşyrylan notarial hereketleri barada maglumatlary aýan eden adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

7. Geňeşleriň wezipeli adamlarynyň şulara hukugy bardyr:

1) ýüz tutan fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerine Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketlerini amala aşyrmaga;

2) wesýetnamalaryň we ynanç hatlarynyň (mundan beýläk – geleşikleriň), arzalaryň we beýleki resminamalaryň taslamalaryny düzmäge;

3) Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan goralýan syrlary düzýän maglumatlary aýan etmezlik şerti bilen notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlary we resminamalary ýuridik şahslardan talap etmäge, şeýle hem hünärmenleri çekmäge.

8. Geňeşleriň wezipeli adamlary şulara borçludyr:

1) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz borçlaryny ýerine ýetirmäge;

2) Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda notarial hereketlerini amala aşyrmaga;

3) fiziki we ýuridik şahslara hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi we kanuny bähbitleriniň goralmagy üçin ýardam etmäge, olara hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge;

4) amala aşyrylýan notarial hereketleriň netijeleri barada ýüz tutan şahslara duýdurmaga;

5) notarial işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly özüne mälim bolan maglumatlaryň syryny saklamaga;

6) öz hereketlerine şikaýatlar boýunça, ol şikaýatlara seredýän degişli edaralara amala aşyrylan notarial hereketler barada maglumatlary, gaýry resminamalary, şahsy düşündirişlerini bermäge;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän halatynda notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz döndermäge;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge;

9) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zerur bolan maglumatlary bermäge.

9. Geňeşleriň wezipeli adamlaryna notarial hereketleri bilen bagly hukuk hem-de usulyýet kömegini welaýat adalat bölümleri, döwlet notarial edaralary berýärler.

Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy, döwlet paçlaryny we beýleki tölegleri tutup almak bilen bagly aýlyk, çärýeklik, ýyllyk hasabatlary şol çäkde ýerleşýän döwlet notarial edarasyna iberilýär.

10. Iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar, notarial hereketlerini amala aşyrmagyň netijeleri boýunça berilýän resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde resmileşdirilýär.

Notarial  hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan şahs döwlet dilini bilmeýän ýagdaýynda, resmileşdirilen resminamalaryň ýazgylary Geňeşiň wezipeli adamlary tarapyndan terjime edilmeli dili bilýän bolsa, dilden terjime edilmelidir.

Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäginde notarial hereketleri amala aşyrmak bilen bagly iş önümçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda notarial iş önümçiligini alyp barmagyň düzgünlerine laýyklykda ýöredilýär. Geňeşde iş önümçiliginiň dogry guralmagy we alnyp barylmagy hem-de amala aşyrylan notarial hereketleri bilen bagly toplanan arhiwiň saklanylmagy üçin Geňeşiň wezipeli adamlary jogapkärçilik çekýärler.

Notarial namalary we degişli resminamalary şeýle hem Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda (mundan beýläk - Sanaw) we bellige alyş kitaplary döwlet arhiwlerine tabşyrylýança Geňeşiň edara jaýynda, resminamalary tozandan, gün şöhlesiniň täsirinden goraýan we olaryň abat saklanylmagyny üpjün edýän şertlerde ýapylýan şkaflarda ýa-da demir tekjelerde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde saklanylýar.

 

II. Notarial hereketleriniň amala aşyrylmagynyň umumy düzgünleri

 

11. Notarial hereketleri Türkmenistanyň ähli çäklerinde islendik döwlet notarial edarasynda ýa-da Geňeşleriň edara jaýlarynda amala aşyrylyp bilner, muňa notarial hereketiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda anyk kesgitlenen ýerde amala aşyrylmalydygy baradaky halatlar girmeýär.

Kanuna laýyklykda:

Notarial hereketlerini amala aşyrmak bilen bagly çäklendirmeler;

Gozgalmaýan we döwlet bellige alynmaga degişli gaýry emlägi aýrybaşgalamak   ýa-da girewe goýmak hakynda geleşikleri tassyklamak;

Ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda şertnamalary tassyklamak;

Mirasy goramak boýunça çäreleri görmek;

Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek;

Är-aýalyň (öňki är-aýalyň) bilelikdäki arzasy boýunça şahadatnamalary bermek;

Är-aýalyň biri ölen halatynda şahadatnama bermek;

Umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek;

Hususy kärhana ýatyrylanda gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermek;

Gozgalmaýan emlägiň jemagat söwdalaryndan edinilendigi hakynda şahadatnama bermek;

Gadaganlyklaryň girizilmegi;

Algydara bermek üçin pullary we gymmatly kagyzlary depozite kabul etmek;

Tölege görkezmek üçin çekleri kabul etmek we çekleriň tölenilmänligini tassyklamak;

Halkara şertnamalary bilen göz öňünde tutulan halatlarda notarial hereketleri belli bir döwlet notarial edarasynda amala aşyrylmaga degişli.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda notarial hereketleriniň belli bir ýerde amala aşyrylmagy bellenilip bilner.   

12. Kanunyň 25-nji maddasyna  laýyklykda, öz adyna we öz adyndan, öz äriniň (aýalynyň), onuň we özüniň ýakyn garyndaşlarynyň adyna we olaryň adyndan degişli Geňeşiň agzalarynyň we işgärleriniň adyna we olaryň adyndan, şeýle hem degişli Geňeşiň adyna we olaryň adyndan notarial hereketlerini amala aşyrmaga wezipeli adamyň haky ýokdur.

Görkezilen halatlarda notarial hereketleri beýleki Geňeşiň wezipeli adamy ýa-da döwlet notariuslary tarapyndan amala aşyrylýar.  

Ýakyn garyndaşlara ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar degişlidir.

Şu bölüm arkaly bellenilen düzgünleriň bozulmagy bilen amala aşyrylan notarial hereketler hakyky däldir.

13. Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberde döwlet pajy alynýar. Döwlet pajynyň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan döwlet pajyny hasaplamak üçin bellenýän binýatlyk mukdardan ugur alnyp, göterim möçberinde kesgitlenýär.

Her bir notarial namada döwlet pajynyň möçberi görkezilýär.

Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly maslahatlaryň berilenligi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlananlygy, beýleki tehniki hyzmatlaryň edilenligi üçin tölegiň möçberi durmuş töleglerini we beýleki tölegleri hasaplamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýän binýatlyk mukdardan ugur alnyp, oňa göterim möçberinde kesgitlenýär.

14. Eger notarial hereketleri öz bähbidine amala aşyrylýan adamlar notarial hereketleriň amala aşyrylýan Geňeşiň edara jaýyna baryp bilmeýän bolsalar, gyzyklanýan şahsyň soramagy boýunça notarial hereketleri edara jaýyň daşynda amala aşyrylyp bilner.

Eger notarial hereketi Geňeşiň edara jaýlarynyň daşynda amala aşyrylýan bolsa, resminamadaky tassyklaýjy ýazgyda we Sanawda (1-nji goşundy) wagtyny görkezmek bilen notarial hereketiň amala aşyrylýan ýeri ýazylýar. Bu barada hem Geňeşiň edara jaýyndan daşarda amala aşyrylýan notarial hereketlerini bellige alyş kitabynda (6-njy goşundy). bellik edilýär

Geňeşiň edara jaýyndan daşarda amala aşyrylan notarial hereketleri üçin bellenen döwlet pajy iki esse möçberde alynýar we mundan başga-da gyzyklanýan şahslar şol hereketleri amala aşyrmak üçin gidip-gelmek bilen bagly edilen hakyky çykdajylary hem tölemelidirler.

15. Notarial hereketi döwlet pajyny tölemek bilen, notarial hereketini amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berlen güni amala aşyrylýar.

Fiziki we ýuridik şahslardan goşmaça maglumatlary we resminamalary talap etmegiň ýa-da resminamalary bilermenler seljermesine ibermegiň zerurlygy ýüze çykan halatynda notarial hereketini amala aşyrmak gaýra goýlup bilner.

Şeýle halatlarda, notarial hereketini amala aşyrmagyň gaýra goýulýan möhleti bir aýdan geçmeli däldir. Daşary ýurt döwletiniň çäklerinde tabşyrygy ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly halatlar muňa girmeýär.

Geňeşleriň wezipeli adamlary ýuridik şahslardan notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin zerur maglumatlary hem-de resminamalary talap edip almaga haky bardyr. Degişli maglumatlar we resminamalar  görkezilen möhletde berilmelidir. Bu möhlet bir aýdan aňry geçmeli däldir.

16. Başga gyzyklanýan şahsyň tassyklamagy soraýan hukugy ýa-da fakty barada jedelleşmek üçin kazyýete ýüz tutmak isleýän adamlaryň soramagy boýunça hem notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy gaýra goýlup bilner. Şu halatda Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketiniň amala aşyrylmagy 20 (ýigrimi) iş gününden köp bolmadyk möhlete gaýra goýulýar. Eger bellenilen möhletde gyzyklanýan şahsyň arzasynyň gelip gowşanlygy barada kazyýetden ýazmaça habar gelip gowuşmasa, notarial hereketi amala aşyrylýar.

Başga gyzyklanýan şahsyň tassyklamagy soraýan hukugy ýa-da fakty barada jedelleşmek üçin gyzyklanýan şahsyň arzasynyň gelip gowşanlygy barada kazyýetden ýazmaça habar alnan halatynda notarial hereketiniň amala aşyrylmagy, şol iş kazyýet tarapyndan çözülýänçä togtadylýar.

Notarial hereketleriniň amala aşyrylmagynyň gaýra goýulmagy we togtadylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry esaslar hem bellenip bilner.

17. Notarial hereketleri amala aşyrylan mahaly Geňeşleriň wezipeli adamlary notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamyň, onuň wekiliniň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň şahsyýetini anyklaýar.

Şahsyýeti anyklanýan mahaly wezipeli adam tarapyndan fiziki şahsyň beren şahsyýetini tassyklaýan resminamadaky şekil bilen kybapdaşdygyny barlaýar.

Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýeti Türkmenistanyň raýatynyň pasporty, diplomatik pasporty, gulluk pasporty, ofiserleriň şahsyýetnamasy, seržantlaryň we esgerleriň harby şahadatnamasy ýa-da harby gullukçynyň şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasy ýa-da notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan raýatyň şahsyýetine degişli islendik şübhelenmeleri aradan aýyrýan beýleki resminamalar boýunça anyklanylýar.

Kämillik ýaşyna ýetmedik, 16 ýaşa ýetmedigiň şahsyýeti dogluş hakynda şahadatnamasy boýunça, 16 ýaşa ýeteniňki bolsa, Türkmenistanyň raýatynyň pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminamasy boýunça anyklanylýar.

Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şahsyýeti – pasporty, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şahsyýetnamasy, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamasy boýunça anyklanýar.

Bosgunyň şahsyýeti - bosgunyň şahsyýetnamasy ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy boýunça anyklanýar.

18. Adamyň sowatsyzlygy, synasynda ýetmezi ýa-da keselliligi zerarly ýa-da başga sebäpler bilen geleşige, arza ýa-da beýleki resminama gol çekmäge mümkinçiligi bolmadyk halatlarynda we onuň tabşyrmagy boýunça resminama başga adam tarapyndan gol çekilende, Geňeşleriň wezipeli adamlary ýüz tutanyň şahsyýetinden başga, oňa derek gol çekýän adamyň hem şahsyýetini anyklaýar.

Ýedi ýaşdan bärdäki kämillik ýaşyna ýetmedigiň (kiçi ýaşly çaganyň) adyndan notarial hereketlerini dogluş hakynda şahadatnamany bermek bilen, onuň ata-eneleri, perzentlige alanlar, olar bolmadyk halatynda bolsa, hossarlar, şeýle hem bu şahsyň hossarlykda durýan edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri (mundan beýläk – kanuny wekili) tarapyndan, onuň şahsyýetini kesgitlemek bilen amala aşyrylýar. Şu halatda berilýän resminamalarda kiçi ýaşly çagalaryň goly we şonda onuň gatnaşmagy talap edilmeýär.

Ýedi ýaşdan on sekiz ýaşa çenli kämillik ýaşyna ýetmedikleriň adyndan notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy onuň kanuny wekiliniň razylygy bilen geçirilýär. Şeýle halatlarda, notarial resminamalaryny resmileşdirmek kämillik ýaşyna ýetmedigiň gatnaşmagynda we özüniň gol çekmeginde, şeýle hem kanuny wekilleriniň biriniň gatnaşmagynda we notarial hereketleriniň amala aşyrylmagyna razyçylyk berendigini tassyklaýan gol çekmeginde geçirilýär.

19. Geleşikler tassyklanylanda we käbir beýleki notarial hereketleri amala aşyrylanda (resminamalarda gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilende we ş.m.) geleşige gatnaşyjylaryň we notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan beýleki şahslaryň gollarynyň hakykylygy barlanýar.

Notarial taýdan tassyklanylýan geleşiklere, arzalara we beýleki resminamalara Geňeşiň wezipeli adamynyň gatnaşmagynda, familiýasyny, adyny we atasynyň adyny doly görkezmek bilen, ýüz tutan şahs tarapyndan gol çekilýär. Eger geleşige, arza ýa-da başga bir resminama Geňeşiň wezipeli adamynyň gatnaşmadyk wagtynda gol çekilen bolsa, gol çeken şahs resminamada hut özüniň gol çekendigini ýazmaça tassyklamalydyr.

Eger, Geňeşiň wezipeli adamynda, ýuridik şahslaryň wezipeli adamlarynyň gollarynyň bellenen tertipde berlen nusgasy bar bolsa we gollaryň hakykylygy şübhe döretmeýän bolsa, ol görkezilen wezipeli adamlaryň hut özleriniň gatnaşmaklaryny talap etmän biler.

Sowatsyzlygy, synasynda ýetmezi ýa-da keselliligi zerarly resminama hut öz eli bilen gol çekip bilmeýän adam oňa Geňeşiň wezipeli adamynyň gatnaşmagynda gol çekmegi başga adama ynanyp biler. Şonda onuň tabşyrmagy boýunça, özüniň  we Geňeşiň wezipeli adamynyň gatnaşmagynda notarial nama ýa-da beýleki resminama notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan şahsyň resminama näme üçin hut özüniň gol çekip bilmeýänliginiň sebäbi tassyklaýjy ýazgyda görkezilip, başga adam gol çekilmegi ynanylyp biler.

20. Geleşikler tassyklanylanda, geleşiklere gatnaşýan adamlaryň kämillik ukyby we ýuridik şahslaryň hukuk ukyby barlanýar. Kanuny wekil tarapyndan geleşikler amala aşyrylýan halatynda onuň ygtyýarlyklary barlanýar we bu barada tassyklaýjy ýazgyda bellik edilýär.

Geleşik tassyklanylan mahaly Geňeşiň wezipeli adamy geleşiklere gatnaşyjylaryň kämillik ukybynyň barlanylandygy hakynda tassyklaýjy ýazgyda görkezmäge borçludyr.

Kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamyň adyndan (razylygy bilen) notarial hereketi amala aşyrmak zerurlygy ýüze çykan halatlarynda, Geňeşiň wezipeli adamy şol şahsa hossar ýa-da howandar bellenilendigini, onda degişli resminamanyň bardygyny barlamaga borçludyr.

Şahsyň kämillik ukyby, şahsyýetini tassyklaýan resminamada görkezilen ýaşy boýunça, şeýle hem Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan şol şahs bilen söhbetdeşlik geçirilende barlanylýar.

Zerur halatlarda Geňeşiň wezipeli adamy, eger-de ýüz tutan şahsyň resminama gol çekip bilmeýändiginiň sebäbi kesel ýa-da haýsydyr bir beden ýetmezçiligi bolsa, şol sebäpli adamyň resminama gol çekip bilmeýändigini tassyklaýan saglygy hakynda, onuň ýaşaýan ýerindäki saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň goly we tugraly möhri bilen berkidilen kepilnamasyny talap edip biler.

21. Notarial hereketleri amala aşyrylanda geleşiklere gatnaşýan taraplaryň ýa-da wesýet edijiniň isleglerine görä şaýatlar gatnaşyp bilerler. Şonda resminamalara olar hem gol çekýärler. Eger wesýetnama umumylykda kabul edilen tehniki serişdeleriň kömegi bilen düzülen bolsa, oňa iki şaýadyň gatnaşmagy zerurdyr. Notarial hereketleri öz haýryna amala aşyrylýan şahslar şaýatlar bolup bilmezler.

22. Notarial taýdan tassyklanylan geleşigiň şeýle hem, arzanyň we beýleki resminamalaryň mazmuny Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan sesli okalyp berilmelidir ýa-da notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamlar tarapyndan okalmalydyr.

Eger notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan adam sowatsyz ýa-da kör bolsa, Geňeşiň wezipeli adamy resminamanyň ýazgysyny oňa okap berýär we bu barada resminamada bellik edýär.  

Eger notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan şahs ker, lal ýa-da ker-lal sowatsyz bolsa, şonda notarial hereketi amala aşyrylan mahaly muňa ygtyýarlylygyny  tassyklaýan  resminamany  görkezmek bilen, adamlaryň şu toparlary bilen pikir alyşmak  boýunça ýörite bilimlere eýe bolan sowatly hünärmen hökman gatnaşmalydyr, ol bolsa öz goly bilen geleşigiň, arzanyň ýa-da başga resminamanyň mazmunynyň oňa gatnaşýan ker, lal, ker-lal şahsyň erk-islegine laýyk gelýändigine şaýatlyk etmelidir. Bu barada Geňeşiň wezipeli adamy geleşigiň tassyklaýjy ýazgysyndan öň bellik edýär.

23. Notarial hereketiniň amala aşyrylmagyny belläp almak üçin ýüz tutan şahslaryň soramagy we olaryň hasabyna ýa-da Geňeşiň wezipeli adamynyň başlangyjy boýunça audio we wideo ýazgy geçirilip bilner.

Audio we wideo ýazgy Geňeşiň wezipeli adamynyň başlangyjy boýunça amala aşyrylan halatynda, bu barada ýüz tutan şahslara duýdurylýar.

Audio we wideo ýazgylaryň geçirilendigi hakynda tassyklaýjy ýazgyda bellik edilýär we оlar arhiwde resminamalar bilen bilelikde saklanýar.

24. Eger-de, notarial hereketini amala aşyrmak ýörite bilimi ýa-da endigi talap edýän halatynda (resminamalary gözden geçirmek, audio-wideo ýazgy etmek we ş.m.), notarial hereketiniň amala aşyrylmagy barada ýüz tutan şahsyň hasabyna Geňeşiň wezipeli adamy öz başlangyçlary ýa-da ýüz tutan şahsyň başlangyjy boýunça maslahat we tehniki ýa-da başga kömegi almak üçin şol ugurdan bilimi bolan degişli hünärmenleri çekip biler we olaryň çekilenligi barada resminamada bellik edilýär.

Hünärmenden notarial iş önümçiliginiň barşynda bilermenler seljermesi häsiýetli ýörite barlaglar geçirmezden dilden ýa-da ýazmaça görnüşde maslahatlar alynýar.

25. Geňeşiň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin, öçürilip aýrylan, goşmaça ýazylan, çyzyp öçürilen we başga-da duýdurylman girizilen düzedişli resminamalary, okalmagy mümkin bolmadyk resminamalary şeýle hem galam bilen ýazylan resminamalary kabul edilmeli däldir.

Eger, iki we ondan köp aýratyn sahypalarda beýan edilen resminamalaryň sahypalary tikilmedik, belgilenmedik we tikilen sahypalaryň sany wezipeli adamyň goly we resminamany beren ýuridik şahsyň, möhri bilen berkidilmedik bolsa, ol resminamalar kabul edilmeýär.

26. Notarial taýdan tassyklanylýan geleşikleriň ýazgysy düşnükli we dürs, ýalňyşsyz we düzedişsiz ýazylmalydyr, resminamanyň mazmunyna degişli sanlar (aýrybaşgalanýan jaýyň, öýüň belgileri, emlägiň bahalary, bölünen miras paýynyň möçberi) hem-de möhletler (seneler) iň bolmanda bir gezek sözler bilen aňladylmalydyr, ýuridik şahslaryň atlary bolsa, olaryň edaralarynyň salgylaryny görkezmek bilen gysgaldylman ýazylmalydyr. Zerur halatlarda bolsa, hasaplaşyk hasabynyň belgisini hem-de hyzmat edýän bankyň bölümini görkezmek bilen aňladylmalydyr. Ýüz tutanlaryň familiýalary, atlary we atasynyň atlary, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň maglumatlaryny, doglan gününi, aýyny we ýylyny hem-de olaryň ýaşaýan ýerini görkezmek bilen, dolulygyna ýazylmalydyr. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň, bosgunlaryň gatnaşmagynda notarial nama amala aşyrylan mahaly olaryň raýatlygy (statusy) hem görkezilmelidir.

Resminamalardaky ahyryna çenli doldurylmadyk setirleriň we beýleki boş ýerleriň üsti çyzylmaly, daşary ýurtlarda degişli hereketleri amala aşyrmak üçin niýetlenilen resminamalarda boş ýerleriň çyzylmagyna ýol berilmeýär.  

Eger, notarial taýdan tassyklanylýan resminama geleşiklere gatnaşýanlar tarapyndan gol çekilýän bolsa, onda düzediş girizilende artyk ýazylanlar we düzedişler bellenilip geçilýär we tassyklaýjy ýazgysynyň ahyrynda şol şahslaryň goly bilen, şeýle hem Geňeşiň wezipeli adamsynyň goly we edarasynyň möhri basylyp tassyklanylýar. Şunda düzedişler ähli ýalňyş ýazylanlary we soňra üsti çyzylanlary ilki başdaky ýazgyda okap bolar ýaly edilýär.

Notarial nama birnäçe aýratyn sahypalarda beýan edilen halatlarynda, olar tikilmelidir, sahypalar bolsa belgilenmelidir. Tikilen sahypalaryň sany Geňeşiň wezipeli adamsynyň goly bilen güwä geçilip, möhür basylýar.

27. Geleşik tassyklanylanda, resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna, şeýle hem resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen mahaly, resminamalarda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylan görnüşler boýunça degişli tassyklaýjy ýazgy ýazylýar, olara bolsa Geňeşiň wezipeli adamy gol çekýär we möhür bilen berkidýär.

Tassyklaýjy ýazgy aýyl-saýyl, öçürilip aýrylan ýerleri bolmazdan ýazylmalydyr, boş ýerleriniň üsti çyzylmalydyr, artyk ýazylanlar we beýleki düzedişler girizilen ýagdaýynda bellenip geçilmelidir hem-de Geňeşiň wezipeli adamsynyň goly we möhüri bilen berkidilmelidir.

Tassyklaýjy ýazgyny ýazmak üçin degişli ýazgylar ýazylan möhürçeler ulanylyp bilner (daşary ýurtda hereket etmek üçin niýetlenen resminamalardan başgalarda).

Eger, tassyklaýjy ýazgy (resminamanyň ýazgysy) resminamanyň ýüz tarapynda ýerleşmeýän bolsa, resminamanyň arka tarapynda ýerleşdirilýär, eger ýazgy resminamanyň arka tarapyna ýerleşmeýän bolsa, resminama goşmaça berkidilen adaty kagyz sahypasynda dowam etdirilip ýa-da onda dolulygyna beýan edilip bilner. Şu halatda resminamanyň ýazgysy we tassyklaýjy ýazgy beýan edilen goşmaça sahypalar tikilýär, belgilenilýär. Şunda sahypalaryň sany Geňeşiň wezipeli adamynyň goly we möhüri bilen berkidilýär.

Tassyklaýjy ýazgyny amala aşyrmak üçin, resminama goşmaça kagyz sahypalaryny ýelmemäge ýol berilmeýär.  

28. Geňeşiň wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýan ähli notarial hereketleri Sanaw bellige alynýar.

Geňeşiň edarasynda Geňeşiň wezipeli adamlary tarapyndan Sanawyň döredilmegi hökmanydyr. Sanaw Geňeşiň wezipeli adamlary tarapyndan bellenilen görnüşe laýyklykda taýýarlanyp, tikilmelidir, onuň sahypalary belgilenilmelidir. Sanawyň soňunda sahypalaryň sany, tassyklanan senesi görkezilip, welaýat döwlet notarial edarasynyň wezipeli adamynyň goly bilen güwä geçilen hem-de gol möhür bilen berkidilen bolmalydyr.

Her bir notarial hereketine aýratyn tertip belgisi berilmelidir. Sanawda bellige alnan belgisi Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan berilýän resminamada ýa-da tassyklaýjy ýazgyda görkezilýär.

Sanawa amala aşyrylan notarial hereketi barada ýazgy Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan diňe tassyklaýjy ýazga ýa-da berilýän resminama gol çekenden soň ýazylmalydyr. Sanawda ýazgy gök syýaly ruçka bilen ýazylýar, ýazgylary galam bilen ýazmaga ýol berilmeýär.

Notarial hereketi barada ýazgy Sanawa girizilenden soň notarial hereket amala aşyrylan hasaplanylýar.  

29. Sanawdan göçürme, notarial hereketleri özleri babatda ýa-da tabşyrygy boýunça amala aşyrylan fiziki şahslaryň ýazmaça arzalary ýa-da ýuridik şahslaryň hat üsti bilen soramagy boýunça, şeýle hem öz önümçiliginde bolan jenaýat ýa-da raýat işleri bilen baglanyşykly kazyýetiň, prokuratura edaralarynyň, anyklaýyş we derňew edaralarynyň ýazmaça talap etmegi boýunça berilýär.

Wesýetnama barada Sanawdan göçürmeler, diňe wesýet ediji ölenden soň, arza ýa-da hata goşulan ölüm hakynda şahadatnamanyň berilmegi bilen berilmelidir.

30. Notarial hereketler bilen bagly resminamalar, olaryň esasynda amala aşyrylan geleşikleriň we beýleki resminamalaryň Geňeşiň edarasynda galdyrylýan bir nusgasyna goşulýar.  

31. RÝNÝ edaralary tarapyndan berlen resminamalaryň asyl nusgalary, Geňeşiň edarasynda olaryň nusgalaryny alyp galmak bilen, olary beren taraplara yzyna gaýtarylyp berilýär. Nusgalar gyzyklanýan şahslar tarapyndan berilýär ýa-da olaryň haýyşy boýunça Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan taýýarlanylýar. Şeýle nusgalarda Geňeşiň wezipeli adamy «nusga dogry» diýen ýazgyny ýazýar, senesini goýýar we oňa gol çekýär. Şu halatlarda döwlet pajy alynmaýar.

Notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan şahslaryň, olaryň wekilleriniň ýa-da ýuridik şahslaryň wekilleriniň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary galdyrylmazdan, olary beren şahslara gaýtarylyp berilýär we ýüz tutanlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň ady we beýleki degişli maglumatlar Sanawda ýazylýar.

32. Şu halatlarda görkezilen resminamalaryň asyl nusgalary Geňeşiň edara jaýynda galdyrylmaýar: ýuridik şahsyň tertipnamalary we olar hakyndaky düzgünnamalar, şeýle hem olaryň wekilleriniň ygtyýarlyklary hakyndaky resminamalar (belli bir notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin berilýän ynanç hatlaryndan başga) - ýuridik şahsyň adyndan we olaryň adyna berlen ynanç hatlar tassyklanylanda.

Görkezilen halatlarda ýokarda sanalyp geçilen resminamalaryň nusgalary galdyrylýar.

33. Notarial taýdan tassyklanan resminamalar ýitirilen halatynda, öz tabşyrmagy boýunça ýa-da özleri barasynda notarial hereketleri amala aşyrylan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň ýazmaça arzasy boýunça ýitirilen resminamanyň nusgasy Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan berilýär. Berlen resminamanyň nusgasy bellenilen tertipde resmileşdirilýär.  

34. Notarial hereketleri amala aşyrýan Geňeşiň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleri amala aşyrylanda raýatlar ýa-da aýry-aýry wezipeli adamlar tarapyndan kanun bozulmasyny ýüze çykarsalar, bu barada degişli prokurora habar berýärler.

Eger özlerine berlen resminamanyň hakykylygy barada şübhe dörese, notarial hereketleri amala aşyran Geňeşiň wezipeli adamlary şol resminamany saklamaga we ony seljerme geçirmek üçin ibermäge haklydyr.

Resminamanyň seljerme geçirmek üçin iberilendigi hakynda Geňeşiň wezipeli adamy karar çykarýar, onda şular görkezilýär:

kararyň çykarylan senesi;

karar çykaran Geňeşiň wezipeli adamynyň familiýasy, adynyň we atasynyň adynyň baş harplary, Geňeşiň edarasynyň ady;

resminamanyň ady, resminama berlen adamyň familiýasy, ady we atasynyň ady.

35. Geňeşiň wezipeli adamlary, şu halatlarda notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderýär, eger:

1) hereket başga Geňeşiň wezipeli adamlary ýa-da döwlet notariusy tarapyndan amala aşyrylmaga degişli bolsa;

2) notarial hereketini amala aşyrmak üçin kämillik ukyby ýok fiziki şahsyň ýa-da ýuridik şahsyň degişli ygtyýarlyklary bolmadyk wekili ýüz tutan bolsa;

3) şeýle hereketiň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynyň gaýry talaplaryna garşy gelýän bolsa:

kämillik ukyby bar hem bolsa, şol pursatda öz hereketleriniň manysyna düşünmeýän  ýa-da öz hereketlerini erk edip bilmeýän ýagdaýdaky şahs notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan bolsa;

ýuridik şahsyň adyndan amala aşyrylýan geleşik, onuň tertipnamasynda ýa-da düzgünnamasynda görkezilen maksatlara garşy gelýän bolsa;

eger geleşik Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa   ýa-da  döwletiň bähbitlerine garşy gelýän bolsa we ş.m.

Eger notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin berlen resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa ýa-da olarda adamyň abraýyny we mertebesini peseldýän maglumatlar bar bolsa, şeýle resminamalar Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan kabul edilmeýär.

Fiziki ýa-da ýuridik şahsa notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderen Geňeşiň wezipeli adamy, ol fiziki ýa-da ýuridik şahsyň ýazmaça arzasy boýunça ýüz dönderilmeginiň sebäplerini ýazmaça görnüşde beýan etmelidir we oňa şikaýat etmegiň tertibini düşündirmelidir. Şu halatlarda notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi ýüz tutulan gününden soň 5 (bäş) iş gününden giç bolmadyk möhletde Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz döndermek hakynda karar çykarmak arkaly resmileşdirilýär.

36. Ýüz döndermek hakynda kararda şular görkezilmelidir:

kararyň çykarylýan senesi;

Geňeşiň wezipeli adamsynyň familiýasy, adynyň we atasynyň adynyň baş harplary hem-de Geňeşiň edarasynyň ady;

notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutanyň familiýasy, ady, atasynyň ady, onuň ýaşaýan ýeri ( ýuridik şahsyň ady we salgysy);

ýüz tutan şahsyň haýsy notarial hereketiniň amala aşyrylmagyny sorandygy barada (haýyşyň gysgaça mazmuny);

notarial hereketini amala aşyrmagyndan ýüz döndermegiň delilleri (Türkmenistanyň kanunçylygyna salgylanmak bilen);

notarial hereketi amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegine şikaýat etmegiň tertibi we möhletleri.

37. Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin dahylly taraplardan kanunçylyga laýyklykda, bellenilen möçberde döwlet pajy alynýar, bu barada Sanawda we berilýän resminamada görkezilýär. Şeýle hem, amala aşyrylan notarial hereketi bilen bagly edilen notarial hyzmatlary üçin kanunçylyga laýyklykda bellenilen nyrhlar esasynda geçirilen tölegleriň möçberi hem Sanawda görkezilýär.

Eger hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, dahylly taraplar döwlet pajyny tölemekden boşadylýan bolsa, boşadylmagynyň esasy barada Sanawda we berilýän resminamada bellik edilýär. Notarial hereketi bilen bagly edilen notarial hyzmatlar üçin tölegi tölemekden boşadylýan bolsa, boşadylmagynyň esasy barada Sanawda bellik edilýär.  

38. Eger, Geňeşleriň wezipeli adamlary ýol berlen ýalňyşlyk netijesinde öz amala aşyran notarial hereketiniň nädogrydygyny ýüze çykarsa, ol görkezilen notarial hereketini ýatyrmak barada çäreleri görmäge borçludyr.

Görlen çäreler hakynda şol çäkde ýerleşýän notarial edarasynyň dykgatyna ýetirmelidir. Geňeşleriň wezipeli adamlary öz başlangyjy boýunça ýa-da gyzyklanýan şahslaryň haýyş etmegi boýunça tassyklanylan ýa-da berlen resminamanyň düýp mazmunyny üýtgetmeýän hem-de üçünji taraplaryň hukuklaryna we kanun arkaly goralýan bähbitlerine täsir etmeýän, diňe mese-mälim arifmetiki ýalňyşlyklary düzedip biler.

Resminama düzediş girizilende bu barada bellik edilýär we senesini görkezmek bilen, gol we möhür bilen berkidilýär.

 

III. Notarial hereketleriniň aýratyn görnüşlerini amala aşyrmagyň adalary

 

Wesýetnamalary tassyklamak

 

39. Wesýetnama, onuň düzülen ýerini we senesini görkezmek bilen, wesýetnama düzülen pursatda öz hereketlerine baha berip we öz erk-islegini ýazmaça görnüşde aýdyň beýan edip bilýän kämillik ukyby bolan şahs tarapyndan düzülmelidir. Wesýetnamanyň notarial görnüşi, wesýetnamanyň wesýet ediji tarapyndan düzülmegini we gol çekilmegini hem-de döwlet notariusy ýa-da Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan ýa-da Kanunyň 36, 37-nji maddalarynda görkezilen wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanylmagyny talap edýär.

Birnäçe şahslaryň adyndan, şeýle hem wekiliň üsti bilen wesýetnama tassyklamaklyga ýol berilmeýär.

Diňe är-aýal bilelikde miras edinmek hakynda bilelikdäki wesýetnamany düzüp biler.

40.Wesýetnamanyň wesýet edijiniň sözleri boýunça iki şaýadyň gatnaşmagynda Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan ýazylmagyna ýol berilýär. Wesýet edijiniň sözleri boýunça Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan ýazylan wesýetnamany wesýet ediji okamalydyr we oňa Geňeşiň wezipeli adamynyň hem-de şaýatlaryň gatnaşmagynda gol çekmelidir. Wesýetnamanyň ýazgysy beýan edileninden soň şaýatlaryň familiýasyny, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň maglumatlary görkezilmelidir. Soňra wesýet ediji we şaýatlar wesýetnamanyň ýazgysyna gol çekýärler.

Geňeşiň wezipeli adamy tassyklaýjy ýazgysynda şaýatlaryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny görkezmek bilen, wesýetnamanyň olaryň gatnaşmagynda düzülendigini we olaryň gol çekendigini görkezýär. Şeýle hem, tassyklaýjy  ýazgysynda wesýet edijiniň we şaýatlaryň şahsyýetleriniň anyklanylandygy barada bellik edýär.

41. Haçan-da wesýet ediji beden ýetmezçiligi, keselligi ýa-da haýsy hem bolsa başga sebäpler netijesinde wesýetnama öz eli bilen gol çekip bilmese, şeýle halatlarda onuň haýyşy boýunça şol wesýetnama wesýet edijiniň özüniň, şaýatlaryň we Geňeşiň wezipeli adamynyň  gatnaşmagynda başga şahs gol çekip biler. Şunda wesýet edijiniň wesýetnama gol çekip bilmezliginiň sebäbi görkezilmelidir.

Zerur halatlarda Geňeşiň wezipeli adamy, ýüz tutan şahsyň wesýetnama gol çekip bilmeýändiginiň sebäbi kesel ýa-da haýsydyr bir beden ýetmezçiligi bolsa, şol sebäpli adamyň wesýetnama gol çekip bilmeýändigini tassyklaýan saglyk ýagdaýy hakynda, onuň ýaşaýan ýerindäki saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň goly we tugraly möhri bilen berkidilen kepilnamasyny talap edip biler.

Wesýetnamanyň ýazgysy beýan edileninden soň, wesýet edijiniň deregine başga şahsyň gol çekendigini, wesýet edijiniň wesýetnama gol çekip bilmezliginiň sebäplerini we onuň hut özüniň haýyş etmegi boýunça, Geňeşiň wezipeli adamynyň gatnaşmagynda wesýetnama beýleki şahsyň we şaýatlaryň gol çekendigini görkezmek bilen, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar barada maglumatlary, familiýalary, atlary we atalarynyň atlary görkezilýär.

Öz peýdasyna emläk wesýet edilýän şahsyň, wesýetnama düzülen mahaly şol ýerde bolmagyna we wesýet edijiniň ýerine gol çekmegine ýol berilmeýär. Emläk wesýet edilýän adamyň wesýetnamanyň tassyklanylmagyna gatnaşmagyna diňe wesýet edijiniň isleginiň bolmagynda ýol berilýär.

Tassyklaýjy ýazgysynda wesýet edijiniň hut özüniň wesýetnamа gol çekip bilmändiginiň sebäbi we onuň hut özüniň haýyşy boýunça beýleki şahsyň, şaýatlaryň gol çekendigi olaryň familiýalaryny, atlaryny, atalarynyň atlaryny görkezmek bilen hem-de olaryň şahsyýetleriniň kesgitlenilendigi hakyndaky bellik bilen görkezilýär.  

42. Eger wesýet ediji ker-lal ýa-da ol ker-lal we sowatsyz bolsa, ol iki sany şaýadyň we işiň özenini oňa düşündirmäni başarýan şahsyň gatnaşmagynda, şol ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminamanyň berilmegi bilen, Geňeşiň wezipeli adamynyň ýanynda wesýetnama buýrugyny etmelidir. Şonda, ýörite düşünjesi bolan şahsyň wesýetnamanyň mazmunynyň wesýet edijiniň erkine laýyk gelýändigini  öz goly bilen tassyklamalydyr.

Wesýetnamanyň ýazgysy beýan edileninden soň şaýatlaryň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary, ýaşaýan ýerleri, olaryň şahsyýetlerini tassyklaýan resminamalarynyň maglumatlary, wesýetnamanyň mazmunyny wesýet edijiniň sözlerinden adamlaryň şu topary bilen pikir alyşmak boýunça ýörite düşünjesi bolan şahsyň beýan edendigi görkezilýär. Wesýetnama şaýatlaryň gatnaşmagynda, wesýet ediji, şaýatlar we wesýetnamanyň mazmunyny beýan eden şahs gol çekýärler.

Tassyklaýjy ýazgysynda wesýet edijiniň haýyşy boýunça Geňeşiň wezipeli adamynyň hem-de şaýatlaryň gatnaşmagynda wesýetnamanyň mazmunyny oňa düşündirip bilýän şahsyň (familiýasy, ady, atasynyň ady) beýan edendigi, wesýet edijiniň, wesýetnamanyň mazmunyny beýan eden şahsyň, şaýatlaryň gol çekendigi, olaryň şahsyýetleriniň anyklanylandygy görkezilýär.

43. Wesýet ediji kör ýa-da sowatsyz bolsa, üç sany şaýadyň gatnaşmagynda Geňeşiň wezipeli adamynyň ýanynda wesýetnama buýrugyny etmelidir, bu barada degişli ýazgy edilip oňa okap berilmelidir.

Ýazýan we okap berýän şaýatlar hökminde bolup biler, ýöne ýazýan okap beriji bolmaly däldir.

Wesýetnamanyň ýazgysy beýan edileninden soň şaýatlaryň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary, ýaşaýan ýerleri, olaryň şahsyýetlerini tassyklaýan resminamalarynyň maglumatlary, wesýetnamanyň  wesýet edijiniň sözlerinden şaýat (familiýasy, ady, atasynyň ady) tarapyndan ýazylandygy, şaýat (familiýasy, ady, atasynyň ady) tarapyndan okalandygy görkezilýär. Wesýetnamanyň ýazgysyna ähli şaýatlar gol çekýärler.

Tassyklaýjy ýazgysynda wesýet edijiniň sowatsyzlygy (körlügi) sebäpli onuň hut özüniň haýyşy boýunça wesýetnamanyň şaýat (familiýasy, ady, atasynyň ady) tarapyndan ýazylandygy, şaýat (familiýasy, ady, atasynyň ady) tarapyndan okalandygy we Geňeşiň wezipeli adamynyň gatnaşmagynda şahsyýeti anyklanylan ähli şaýatlar tarapyndan gol çekilendigi görkezilýär.

44. Kämillik ýaşyna ýetmedik, kämillik ukyby bolmadyk şahslar, wesýetnama boýunça mirasdarlar we olaryň ata-babalaryna barýan hatar boýunça we şolardan tä soňky nesle çenli garyndaşlary, uýalary, doganlary, äri-aýaly, we wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjy (legatoriý) wesýetnamanyň şaýatlary bolup bilmezler.

45. Wesýet ediji öz eli bilen ýazan we gol çeken wesýetnamany agzy ýapylan bukjada Geňeşiň wezipeli adamyna (ýa-da beýleki degişli wezipeli adama) üç  şaýadyň gatnaşmagynda gowşuryp biler, bu barada bukjanyň ýüzünde onuň goly bilen tassyklanylýar.  

Wesýet ediji tarapyndan ýazylan we gol çekilen wesýetnamany Geňeşiň wezipeli adamy agzy ýapylan bukjada üç sany şaýadyň gatnaşmagynda saklamak üçin kabul edýär, bu barada wesýet edijiniň we şaýatlaryň familiýalaryny, atlaryny, atalarynyň atlaryny, ýaşaýan ýerlerini, olaryň şahsyýetlerini tassyklaýan resminamalar barada maglumatlaryny görkezmek bilen, Sanawda görkezilýär, wesýet ediji we şaýatlar bukja öz gollaryny goýmalydyrlar. Bukja Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan möhürlenýär.

Geňeşiň wezipeli adamy wesýet edijä wesýetnamany bukjada saklamak üçin kabul edilendigi hakynda şahadatnama berýär. Wesýetnamany saklamak üçin kabul edilendigi hakynda şahadatnamada wesýet edijiniň (familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlary)  üç şaýadyň (olaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, olaryň şahsyýetini tassyklaýan  resminamanyň maglumatlary, gowşurylan senesi görkezilýär) gatnaşmagynda wesýetnamany agzy ýapylan bukjada onda wesýet edijiniň we şaýatlaryň gol çekmekleri bilen döwlet notarial edarasyna saklamak üçin iberendigini görkezýär.

46. Wesýet edijiniň islegine görä, şaýatlar wesýetnamanyň mazmuny bilen tanyşman, (ýapyk wesýetnama) ony tassyklamalydyr. Şeýle ýagdaýda şaýatlar wesýetnama düzülende gatnaşmalydyr.

Ýapyk wesýetnama tassyklananda şaýatlar özleriniň gatnaşmagynda wesýet edijiniň özi tarapyndan  wesýetnamanyň  düzülendigini, emma onuň mazmunynyň özlerine nämälimdigini görkezmelidirler.

Geňeşiň wezipeli adamy ýapyk wesýetnamany saklamak üçin kabul eden mahaly wesýet edijä, eger miras açylan wagty döwlet notariusy wesýetnamanyň ýazgysynda Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelýän görkezmäni ýüze çykarsa, şol wesýetnamanyň ýerine ýetirilmäge degişli däldigini düşündirmelidir.

Içine ýapyk wesýetnama salnan bukja şaýatlar gol çekýärler, ol beýleki bukja ýerleşdirilýär, şol bukjada bolsa şu mazmundaky ýazgy ýazylýar:

 «Biz şaýatlar (familiýalary, atlary, atalarynyň atlary, olaryň şahsyýetlerini tassyklaýan resminamalar barada maglumatlary, ýaşaýan ýerlei görkezilýär) wesýet edijiniň (familiýasy, ady, atasynyň ady) islegi boýunça ol wesýetnama düzende şoňa gatnaşdyk, wesýetnamanyň mazmuny bilen tanyş bolmadyk, wesýetnamanyň wesýet ediji tarapyndan  biziň gatnaşmagymyzda düzülendigini tassyklaýarys.». Şaýatlar şol ýazga gol çekýärler. Şondan soň Geňeşiň wezipeli adamy tassyklaýjy ýazgysyny ýazýar, şonda wesýetnama düzülen mahaly şaýatlaryň (olaryň familiýasy, ady, atasynyň ady) gatnaşandygyny, olaryň  wesýetnamanyň wesýet edijiniň hut özi tarapyndan  özleriniň gatnaşmagynda düzülendigini tassyklandyklaryny, bu barada olaryň gol çekendigini, ýöne olara wesýetnamanyň mazmunynyň mälim däldigini we wesýetnama Geňeşiň wezipeli adamynyň gatnaşmagynda wesýet ediji tarapyndan gol çekilendigini görkezýär.

Wesýetnamalary bellige alyş elipbiý kitabynda (2-nji goşundy) we Ýapyk wesýetnamalary bellige alyş kitabynda bellige alynýar (3-nji goşundy).

47. Wesýetnama düzülende, wesýet edijiniň görkezmesi düşnükli we aýyl-saýyl sözler bilen, resminamanyň mazmunyna degişli sanlar iň bolmanda bir gezek söz bilen ýazylyp, beýan edilmelidir, familiýalary, atlary we atalarynyň atlary, ýaşaýan ýerlerini görkezmek bilen doly ýazylmalydyr.

Wesýetnama tassyklanylanda Geňeşiň wezipeli adamy Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1130-njy maddasyny (hökmany paýy) wesýet edijä düşündirmelidir.

48. Wesýetnama tassyklanylanda wesýet edijiden onuň wesýet edýän emlägine bolan hukugyny tassyklaýan subutnama görkezmegi talap edilmeýär.

Geňeşiň wezipeli adamy wesýetnamada ulanylýan Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän görkezmeleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlaýar.

Wesýetnama emläk  häsiýetindäki, hem emläk däl häsiýetindäki görkezmeler (miras galdyryjyny jaýlamagy geçirmegiň tertibi, kämillik ýaşyna ýetmedige howandarlyk bellemek islegi, haýsydyr bir umumy ýagdaýdaky peýdaly  maksatlary amala aşyrmaga gönükdirilen hereketleri ýerine ýetirmek hakyndaky) goşulyp bilner.

Wesýet ediji mirasdarlaryň birini, birnäçesini ýa-da ählisini wesýetnama boýunça mirasdan mahrum edip biler we şony esaslandyrmaga borçly däldir.

49. Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan tassyklanylan we Kanunda görkezilen wezipeli adamlardan saklamak üçin gelip gowşan Wesýetnamalary bellige alyş elipbiý kitaby ýöredilýär.

Geňeşiň wezipeli adamy saklanmaga gelip gowşan wesýetnamanyň kanunylygyny barlamaga we onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýändigi anyklanylan halatynda  bu barada wesýet edijini hem-de wesýetnamany tassyklan wezipeli adamy habarly etmäge borçludyr.

50. Geňeşiň wezipeli adamy tassyklanan wesýetnamany ýatyrmak barada arza alnan, şeýle hem wesýeti ýatyrýan ýa-da üýtgedýän täze wesýetnama alnan halatynda  Sanawda, Wesýetnamalary bellige alyş elipbiý kitabynda we Geňeşiň edara jaýynda saklanylýan wesýetnamada bellik edýärler. Eger, wesýet ediji wesýetnamanyň özünde bar bolan görnüşini berse, wesýetnamanyň ýatyrylmagy barada şol görnüşde hem bellik edilýär, şondan soň ol arza bilen bilelikde (eger wesýetnama arza bilen ýatyrylan bolsa) Geňeşiň edara jaýyndaky görnüşine  goşulýar.

Wesýetnamany ýatyrmak baradaky arzada goluň hakykylygyna notarial tertibinde güwä geçilmelidir.

   Eger ýatyrylan wesýetnama döwlet notarial edarasynda ýa-da beýleki Geňeşde tassyklanylan bolsa, şonda ony ýatyrmak baradaky arza Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan wesýetnama tassyklanylan (iberilen) döwlet notarial edarasyna we Geňeşe iberilýär.

 

Ynanç hatlaryny tassyklamak

 

51. Geňeşiň wezipeli adamlary bir ýa-da birnäçe şahsyň adyndan bir ýa-da birnäçe şahsyň adyna  ynanç hatlaryny tassyklap bilerler.

Ynanç hatynyň ýazgysynda onuň düzülen ýeri we senesi (ýazmaça), wekiliň ýa-da wekilçilik edýäniň familiýasy, ady, atasynyň ady (ýuridik şahsyň doly ady), ýaşaýan ýeri (ýuridik şahsyň ýerleşýän ýeri), şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlary, zerur halatlarda bolsa eýeleýän wezipesi (mysal üçin, raýat işini ýöretmek üçin ynanç haty) görkezilmelidir.

Ynanç hatynyň hereket edýän möhleti ýazmaça beýan edilýär we üç ýyldan köp bolmadyk möhlete berlip bilner, Kanunyň 114-nji maddasynda görkezilen halat muňa girmeýär.

 Eger ynanç hatynyň möhleti görkezilmedik bolsa, ol berlen günden başlap bir ýylyň dowamynda güýjüni saklaýar.

Ynanç hatyň tassyklanan senesi görkezilmedik bolsa, ol hakyky däldir.

Ýakyn garyndaşa berlen ynanç haty tassyklanylanda garyndaşlyk gatnaşyklaryny tassyklaýan resminamanyň  nusgasyny goşmak bilen, ynanç hatynyň mazmunynda garyndaşlyk derejesi görkezilýär.

Sowgat etmegi amala aşyrmak üçin ynanç haty tassyklanylanda sowgat alyjy görkezilmelidir.

52. Ýuridik şahsyň adyndan ynanç haty tassyklanylanda Geňeşiň wezipeli adamlary onuň ygtyýarlygyny barlaýarlar.

Geleşige gatnaşýan ýuridik şahslaryň hukuk ukyby barlanylan mahaly ýuridik şahsyň tertipnamasy we ol hakyndaky düzgünnama bilen tanyşmaga hem-de olaryň bellige alynmagyny, amala aşyrylýan hereketleriň ýuridik şahsa öz tertipnamasy ýa-da düzgünnamasy bilen berlen hukuklara laýyk gelýändigini Geňeşiň wezipeli adamy barlamaga borçludyr.

Wekil arkaly geleşik tassyklananda, onuň ygtyýarlygyny barlaýarlar. Wekiliň ygtyýarlygy ynanç haty bilen tassyklanylýar.

53. Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç haty (awtoulagdan başga) diňe ynanmak hukugy şertleşilen esasy ynanç haty görkezilen halatynda notarial taýdan tassyklanylyp bilner.  Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç haty özünde esasy ynanç hatyndakydan köp hukugy saklamaly däldir. Başga birine ynanmak tertibinde berlen ynanç hatynyň hereket möhleti onuň berilmegine esas bolan esasy ynanç hatynyň hereket möhletinden geçmeli däldir.

Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç hatynda esasy ynanç hatynyň tassyklanan senesini we ýerini, Sanawdaky belgisini, esasy ynanç haty berlen şahsyň ady, atasynyň ady, familiýasy, ýaşaýan ýeri, şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň maglumatlary we ol öz ygtyýarlyklaryny başga birine ynanýan şahsyň, zerur bolan halatlarda bolsa, olaryň wezipe ýagdaýy görkezilmelidir.

Başga birine ynanmak tertibinde  ynanç hatynyň tassyklanylandygy barada esasy  ynanç hatynda bu barada bellik edilýär. Ýagny, Geňeşiň wezipeli adamy esasy ynanç hatynyň soňunda haýsy döwlet notarial edarasy ýa-da Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan başga birine ynanmak tertibinde ynanç hatynyň tassyklanandygyny we onuň düzülen senesini görkezýär.

Başga birine ynanmak tertibinde esasy ynanç hatynyň nusgasy Geňeşiň edarasynda galýan ynanç hatynyň görnüşine goşulýar.

Başga birine ynanmak tertibinde berlen ynanç haty esasynda soňra başga birine ynanylmagy ýol berilmeýär.

Geňeşiň wezipeli adamy ynanç haty bes edilenden soň, wekil şony beren şahsa gaýtaryp bermelidigini düşündirmäge borçludyr.

54. Ýeňil we ýük awtomobilleri, awtobuslary, mikroawtobuslary (mundan beýläk-awtomobil ulagy) dolandyrmak we ygtyýar etmek hukugyny tassyklaýan ynanç hatlary olaryň eýeleri tarapyndan diňe özleriniň ýakyn garyndaşlaryna başga birine ynanmazlyk şerti bilen resmileşdirilip bilner.

Bu kada maýyplygy bolan adamlara, hossarlara (howandarlara), saglyk ýagdaýy boýunça awtomobil ulagyny dolandyrmaga mümkinçiligi bolmadyk, ömürlik ekläp-saklamak şertnama boýunça eklençdäki we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki adamlara degişli däldir.

Ynanç haty tassyklanylanda garyndaşlyk derejesi hökmany anyklanylmaly we degişli resminamanyň nusgasy goşulmalydyr.

Ýakyn garyndaşlaryna degişli adamlar: ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar);  är-aýal; çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar); ata we ene; baba we mama; agtyklar; süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar.

55. Awtomobil ulagyny dolandyrmak, ygtyýar etmek hukugyny tassyklaýan ynanç haty berlende aşakda görkezilen resminamalar talap edilmelidir:

a)  awtomobil ulagyny bellige alyş hakynda güwänamasy;

b) ynanç hatyny berýän adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminama we ynanç hatyny alýan adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminama ýa-da onuň nusgasy;

ç) garyndaşlyk gatnaşygyny tassyklaýan resminama (dogluş hakynda şahadatnama, nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama, perzentlige alnandygy hakynda şahadatnama, atalygy anyklanylandygy hakynda şahadatnama, familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgedenligi hakynda şahadatnama).

Taraplaryň familiýalarynyň üýtgän ýagdaýynda, familiýanyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminama talap edilmelidir;

d) şu Düzgünnamada görkezilen beýleki degişli resminamalar.  

56. Maýyplygy bolan adamlar tarapyndan görkezilen ynanç haty berlende olaryň maýyplygyny tassyklaýan resminama talap edilýär. Şunda maýyplygy bolan adam ynanç hatyny resmileşdirende onuň maýyplygyny tassyklaýan resminamanyň nusgasyny goşmak bilen, ynanç hatynyň mazmunynda maýyplyk resminama barada maglumatlary görkezilýär. Maýyplygy bolan adamyň adyndan ynanç hatyň möhleti maýyplygyny tassyklaýan resminamada görkezilen möhletden geçmeli däldir.

Hossarlar (howandarlar) hossarlyk (howandarlyk) edýäniň emlägi babatda  hereket edenlerinde hossarlyk we howandarlyk edaranyň karary ýa-da kazyýetiň çözgüdi talap edilýär. Şunda hossarlyk (howandarlyk) edilýän adam babatda ynanç haty tassyklanylanda, onuň hem şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň, kararyň ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň nusgalaryny goşmak bilen, ynanç hatynyň mazmunynda bu barada we kararyň ýa-da kazyýetiň çözgüdi barada maglumatlary görkezilýär. Ynanç hatynyň möhleti görkezilen kararda (kazyýetiň çözgüdinde) görkezilen möhletden geçmeli däldir.

Saglyk ýagdaýy boýunça awtomobil ulagyny dolandyrmaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar (ýol hereketine gatnaşyjylary howp astynda goýýan syrkawlyk) saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen we tugraly möhür bilen berkidilen kepilnamasy (resminamasy) esasynda, onuň nusgasyny goşmak bilen, ynanç hatynyň mazmunynda bu barada we berlen resminamanyň maglumatlary görkezilýär. Şu halatda ynanç haty bir ýyla çenli möhlet bilen berilip bilner.

Ömürlik ekläp-saklamak şertnama boýunça eklençdäki adamlaryň awtomobil ulagyna görkezilen ynanç haty berlende Ömürlik ekläp-saklamak hakynda şertnamanyň nusgasyny goşmak bilen, ynanç hatynyň mazmunynda bu barada we berlen resminamanyň maglumatlary görkezilýär. Şu halatda ynanç haty bir ýyla çenli möhlet bilen berilip bilner.

Maýyplygy bolan adamlara, hossarlara (howandarlara), saglyk ýagdaýy boýunça awtomobil ulagyny dolandyrmaga mümkinçiligi bolmadyk, ömürlik ekläp-saklamak şertnama boýunça eklençdäki we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki adamlar tarapyndan durmuş zerurlygyna görä diňe 2 (iki) sany awtoulagy dolandyrmak we ygtyýar etmek bilen bagly ynanç haty berilip bilner. Şu halatlarda şol çäkde ýerleşýän döwlet notarial edarasy habarly edilýär.  

57. Geňeşiň wezipeli adamy ynanç hatyny resmileşdirýän adama berlen ynanç hatyndan ynanylan şahs ýüz dönderende, ynanç haty beren adam ygtyýarlary ýatyranda, ynanç haty beren adam ölende ýa-da başga hili bellenilmedik bolsa, onuň kämillik ukybynyň ýokdugy ýüze çykan mahalynda, ynanç haty ýerine ýetirilen mahaly we ynanç hatynyň berlen möhleti tamamlananda berlen ynanç hatynyň hereketiniň togtadylýandygyny düşündirmelidir.

Ynanç hatyny beren adam islendik wagtda ynanç hatyny ýa-da başga birine ynanmagy ýatyrmaga, özüne ynanç haty berlen şahsyň bolsa, islendik wagtda ondan ýüz döndermäge haky bardyr.

58. Ynanýanyň öz beren ynanç hatyny togtatmak baradaky arzasyna notarial taýdan şaýatlyk edilmelidir. Şunda Geňeşiň wezipeli adamy, ynanç hatynyň togtadylandygy barada ynanýan adam tarapyndan ynanylan we oňa mälim bolan üçünji taraplara şonuň üçin ynanç haty berlen wekilçilik üçin, şeýle hem öň ynanç hatyny tassyklan döwlet notarial edarasyna ýa-da Geňeşiň wezipeli adamyna habar bermek borçlaryny ynanýana düşündirmelidir.

 

Miras emlägini gorap saklamaga görülýän çäreler

 

59. Geňeşiň wezipeli adamy miras emläginiň ýüze çykan ýerinde fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň habar bermegi boýunça ýa-da öz başlangyçlary boýunça döwletiň, mirasdarlaryň, mirasdan ýüz öwürýänleriň ýa-da algydarlaryň bähbidine zerur bolan wagty miras emlägini gorap saklamak üçin degişli çäreleri görýärler.  

Fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň ýa-da mirasyň ýüze çykan ýerindäki Geňeşiň wezipeli adamsynyň habar bermegi bilen, şol çäreler emlägiň ýerleşýän ýerindäki Geňeşiň wezipeli adamsy tarapyndan görlüp bilner.

Miras galdyryjy ölenden soň galan emläk hakynda Geňeşiň wezipeli adamynyň ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň wezipeli adamlaryň tabşyrygy, fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň habarnamalary, Miraslyk emlägini gorap saklamak boýunça çäreleriň görülmegi baradaky arzalary bellige alyş kitabynda bellige alynýar.

Geňeşiň wezipeli adamy miras galan emlägi goramak baradaky çäreleri, goralmagy talap edilýän miras galan emlägiň bardygy hakynda tabşyryk ýa-da arza alnan  gününden gijä galynman görülýär.

60. Miraslygyň ýüze çykan ýeri diýlip, miras galdyryjynyň ýaşaýan ýeri, eger şol belli bolmasa, onda  miraslygyň ýerleşýän ýeri hasaplanylýar.

Eger miraslyk dürli ýerlerde ýerleşýän bolsa, miraslygyň ýüze çykan ýeri diýip, gozgalmaýan emlägiň ýa-da onuň gymmatly böleginiň ýerleşýän ýeri hasaplanýar, eger gozgalmaýan emläk ýok bolsa, gozgalýan emlägiň ýa-da onuň esasy böleginiň ýerleşýän ýeri hasaplanýar.

61. Daşary ýurt döwletinde wagtlaýyn ýaşaýan we şol ýerde ölen Türkmenistanyň raýatynyň miraslygynyň ýüze çykan ýeri onuň daşary ýurt döwletine gitmezinden öň ýaşan ýeri hasaplanýar, emma şol näbelli bolsa, miraslygyň ýa-da onuň esasy böleginiň ýerleşýän ýeri, miraslygyň ýüze çykan ýeri bolup durýar.

62. Daşary ýurt döwletinde hemişelik ýaşaýan raýat ölenden soň, onuň şol ýaşan ýurdy miraslygyň ýüze çykan ýeri hasaplanylýar.

63. Ýüze çykan miraslyk hakyndaky habary alan Geňeşiň wezipeli adamy  ýaşaýan  ýa-da işleýän ýeri özlerine mälim bolan mirasdarlara bu barada habar bermäge borçludyr.

Geňeşiň wezipeli adamy mirasdarlary bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildiriş bermek arkaly hem çagyryp biler.

64. Eger miras galdyryjynyň emlägi ýa-da şol emlägiň bir bölegi mirasyň ýüze çykan ýerinde bolmasa, Geňeşiň wezipeli adamy miras galan emlägiň ýerleşýän ýerindäki döwlet notarial edarasyna ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna ony gorap saklamak üçin çäreleri görmegi tabşyrýar.

Miraslyk galan emlägi gorap saklamak üçin çäreleri gören notarial hereketlerini amala aşyrýan Geňeşiň wezipeli adam  görlen çäreler hakynda miraslygyň ýüze çykan ýerindäki döwlet notarial edarasyna habar berýär.

65. Geňeşiň wezipeli adamy miraslyk galan emlägi gorap saklamaga çäre görmek maksady bilen onuň teswirini düzýär we mirasdarlara ýa-da beýleki şahslara (howandarlara, gorap saklaýjylara) berýär. Şeýle hem, miras galan emlägiň harç edilendigi, aýrybaşgalanandygy gizlenendigi ýa-da miras emläginiň bikanun berlendigi üçin Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 206-njy maddasy boýunça jenaýat jogapkärçiligi barada we ýetirilen zelel üçin maddy jogapkärçilik hakynda olara duýdurýar.

66. Miraslyk galan emlägiň ýazgysy Geňeşiň wezipeli adamynyň, dahylly şahslaryň (ýerli wekilleriniň, ýaşaýyş  jaý-ulanyş guramasynyň  wekiliniň, oba ýerlerinde bolsa Geňeşleriň wekiliniň we başgalaryň) we azyndan iki güwäleriň, zerurlyk ýüze çykan mahaly bolsa hünärmenleriň  gatnaşmagynda ykrarnamanyň düzülmegi bilen geçirilýär.

Ykrarnamada şular görkezilýär: miraslyk galan emlägi gorap saklamaga  görlen çäreler hakynda arzanyň (habaryň) gelip gowşan senesi, teswiriň düzülen senesi, teswiri düzmäge gatnaşan şahslaryň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary we ýaşaýan salgylary, mirasdaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, onuň ölen wagty we teswiri düzülýän emlägiň ýerleşýän ýeri, döwlet notariusy gelýänçä jaý möhürlenenmi we onuň kim tarapyndan möhürlenendigi, plombanyň ýa-da möhüriň bozulmandygy,  onda sanalyp geçilen zatlaryň jikme-jik häsiýetnamasy we oňa berlen baha hem-de onuň könelmeginiň göterimi. Ýazgysy düzülen emläge baha bermek hünärmen tarapyndan olaryň könelmegini nazara almak bilen kesgitlenilýär.

Mirasdarlar baha kesilişi bilen razylaşmadyk halatynda hünärmeni çagyrmaga haky bardyr. Hünärmeniň zähmetine mirasdarlar tarapyndan zähmet haky tölenilýär.

Ykrarnamanyň her sahypasynda goş-golamlaryň (zatlaryň) sanynyň jemi we olaryň bahasy, teswirini düzmegiň tamamlanmagy boýunça, goş-golamlaryň (zatlaryň)  umumy sany we olaryň bahasy jemlenilýär.

Gozgalmaýan emläge miraslygyň ýüze çykan güni olaryň hakyky bahasy boýunça nyrh kesilýär.

Ykrarnama ölen adamyň öýündäki ähli emläk goşulýar. Goňşularyň we beýleki şahslaryň aýry-aýry goş-golamlaryň özlerine degişlidigi  hakyndaky arzalary ykrarnama girizilýär, gyzyklanýan şahslara bolsa şol emlägi ykrarnamada görkezilen ýazgydan aýyrmak baradaky hak isleg bilen kazyýete ýüz tutmagyň tertibi düşündirilýär.

Eger emlägiň teswirini düzmegiň arasy kesilýän ýa-da birnäçe gün dowam edýän bolsa, miraslyk galan jaý her gezek Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan möhürlenilýär. Ykrarnamada teswir düzmegiň bes edilmeginiň we onuň dikeldilmeginiň sebäpleri we wagty hakynda, şeýle hem soňra jaýlar açylan mahaly plombalaryň we möhürleriň ýagdaýy hakynda ýazgy ýazylýar.

Ykrarnamanyň ahyrynda emläk saklamaga tabşyrylan şahsyň  familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan ýyly, onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň ady, şol resminamanyň belgisi, berlen senesi, ony beren edaranyň ady, saklaýjynyň ýaşaýan ýeri görkezilýär.

Ykrarnama azyndan üç görnüşde düzülýär. Ähli görnüşlere Geňeşiň wezipeli adamy, hünärmen, gyzyklanýan şahslar, güwäler, muňa beýleki gatnaşyjylar we emlägi saklamaga kabul eden şahslar gol çekýärler.  

67. Eger miraslyk galan emlägi gorap saklamaga çäreleri görmek mümkin bolmasa (miras galdyryjy bilen bile ýaşaýan mirasdarlar ýa-da beýleki şahslar teswir düzmäge garşy bolsa, emlägi teswir düzmäge bermese ýa bolmasa emläk alnyp gidilen bolsa we başgalar) Geňeşiň wezipeli adamy ykrarnama düzýär we bu barada gyzyklanýan şahslary, zerur halatlarda bolsa, salgyt edarasyny habarly edýär.

Eger Geňeşleriň edara jaýlaryna kärhanalardan, edaralardan, guramalardan ýa-da adamlardan taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da gaýry gymmaty bolan, ýeke ýaşan adamlar ölenden soň galan we kanun boýunça mirasdarlaryň toparyna girmeýän şahs tarapyndan wesýet edilene, emlägiň bardygy hakynda ýazmaça habar gelip gowşan bolsa, Geňeşiň wezipeli adamy şol emlägiň teswirini düzmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge borçludyr.

Wesýetnama boýunça mirasdarlar şol emläge teswir düzmäge garşy bolan halatynda Geňeşiň wezipeli adamy emlägi teswir düzmäge bermekden ýüz dönderilendigi hakynda ykrarnama düzýär.

Eger miraslyk galan emlägiň arasynda azyk önümleri bar bolsa, Geňeşiň wezipeli adamy olary mirasdarlara berýär. Eger mirasdarlar gatnaşmazdan teswir düzülýän bolsa, çalt zaýalanýan önümler Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 446-njy maddasyna laýyklykda saklamaga kabul edilmeýär. Şol önümler ýok edilýär, bu barada ykrarnama düzülýär. Saklamak möhleti uzak bolan azyk önümleri ýerlemek üçin degişli guramalara berilýär. Bermeklik aýratyn ykrarnama boýunça geçirilýär, oňa Geňeşiň wezipeli adamyndan başga-da güwäler  we önümler berlen guramanyň wekili gol çekýärler.

68. Miras galdyryjydan galan pul möçberleri, şeýle hem uzak wagtlap saklanylýan önümleri ýerlemekden alnan pul möçberleri mirasdarlara berilýänçä  ýa-da miraslyk galan emläk mirasa hukuk boýunça döwlete geçen halatynda döwletiň girdejisine tabşyrylýança Türkmenistanyň Merkezi bankynyň edaralaryndaky Geňeşiň edarasynyň depozit hasabyna geçirilýär.

Şaý, çig görnüşindäki we guýmalardaky altyn, kümüş, platina we platina toparyndaky metallar, daşary ýurt puly we daşary ýurt pulunda ýazylyp berlen töleg resminamalary (wekseller, çekler, geçirmeler we başgalar), daşary ýurt gazna gymmatlyklary (paýnamalar, obligasiýalar, şolara kuponlar we başgalar), gymmat bahaly metallardan, gymmat bahaly daşlardan we dürden ýasalan zatlar, şeýle hem gymmat bahaly daşlar we dür teswir düzüleninden soň gelen günden gijä galynman mirasdarlara berilýänçä ýa-da miraslyk goýlan emläk mirasa hukuk boýunça döwlete geçen halatynda döwletiň girdejisine tabşyrylýança Türkmenistanyň Merkezi bankynyň edaralaryna saklamak üçin berilýär, ýokarda sanalyp geçilen emlägi bermek barada ykrarnama düzülýär, oňa teswire gatnaşyjylaryň hemmesi gol çekýärler.

Miraslyk galan emlägi Geňeşiň edarasynyň depozitinde ýa-da bankda saklamaklyk mirasdaryň ýa-da beýleki gyzyklanýan şahslaryň hasabyna amala aşyrylýar.

Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan miraslyk galan emlägi gorap saklamak tertibinde saklamaga kabul edilen görkezilen gymmatlyklar Gymmatlyklary bellige alyş kitabynda bellige alynýar (5-nji goşundy).

Miraslyk galdyryjynyň emläginiň düzüminde bolan ýaraglar (aw tüpeňlerinden başga) we partlaýjy maddalar aýratyn teswir boýunça içeri işler edaralaryna tabşyrylýar, bu barada ýokarda sanalyp geçilen emlägi bermegiň ykrarnamasy düzülýär, oňa bolsa teswire gatnaşyjylaryň hemmesi gol çekýärler.

Eger teswiri düzülen  emlägiň düzüminde taryhy ýa-da ylmy ähmiýeti bolan gymmatly golýazmalar, edebi işler, hatlar bar bolsa, bu resminamalar aýratyn teswire goşulýar hem-de mirasdarlara ýa-da degişli guramalara (muzeýe, golýazmalar institutyna) jogapkärçilikli saklamaga tabşyrylýar. Zerurlyk ýüze çykan halatynda, mysal üçin, mirasdarlar bolmadyk mahaly Geňeşleriň wezipeli adamy resminamalary ýa-da içinde resminamalar we gymmatly zatlar bolan zat saklanylýan ýerleri möhürleýärler.   

69. Mirasyň düzüminde dolandyrylmagyny talap edýän emläk bolan mahaly, şeýle hem mirasdarlar tarapyndan miraslyk kabul edilýänçä miras galdyryjynyň karzdarlaryna hak isleg bildirilen halatynda Geňeşiň wezipeli adamy emlägi saklaýjyny belleýär, bu barada karar çykarýar, şol kararda bolsa düzülen ýeri, senesi Geňeşiň wezipeli adamynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, näme sebäpli şeýle kararyň çykarylandygy, kararyň mazmuny, onuň haýsy belgi bilen Sanawda bellige alnandygy we tölenilen döwlet pajynyň möçberi görkezilýär. Soňra, Geňeşiň wezipeli adamynyň goly we möhri goýulýar.

70. Geňeşiň wezipeli adamy emlägi saklaýjylara, howandarlara we miraslyk galan emlägi saklamaga berlen beýleki şahslara teswiri düzülen miraslyk galan emlägiň  harç edilmegi, aýrybaşgalanmagy, gizlenilmegi ýa-da bikanun berilmegi üçin Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 206-njy maddasy boýunça jenaýat jogapkärçiligi barada hem-de ýetirilen zeleller üçin maddy jogapkärçilik hakynda duýduryş berýär. Bu barada görkezilen şahslar gol çekýär. Duýdurylandygy barada şol teswir boýunça saklamaga tabşyrylýan miras galan emlägiň teswiriniň ykrarnamasyna ýa-da miraslyk galan emlägi saklaýjynyň bellenilmegi hakyndaky karara görkezilen şahslar gol çekýärler.  

Emlägi saklaýjylaryň, hossarlaryň we miraslygy alana emläk saklamaga berlen beýleki şahslaryň, eger olar mirasdarlar bolmasalar, miraslyk galan emlägi saklandyklary üçin sylag haky almaga haky bardyr.

Sylag hakynyň möçberini Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan emlägi saklaýjy, hossar we miraslyk galan emläk saklamaga berlen beýleki şahs bilen ylalaşyp bellenilýär, şunda sylag hakynyň möçberi saklamak üçin berlen emlägiň bahasynyň 15 göteriminden, ol ýerlenilen mahaly bolsa, ýerlemekden alnan pul möçberlerinden geçmeli däldir.

Mallaryň saklanylmagy üçin sylag hakynyň möçberi şol ýerde emele gelen ölçegler we nyrhlar boýunça ot-iýmiň bahasyna barabar möçberlerde öwezi dolunýar. Şol çykdajylaryň öwezi dolunan mahaly mallary saklamaga kabul eden guramalaryň ýa-da aýry-aýry şahslaryň mallary peýdalanmakdan (süýdüni sagyp, ýüňüni gyrkyp almak we başgalar) alan girdejilerini nazara almak gerekdir. Görkezilen şahslara miraslyk galan emlägi saklamak we dolandyrmak boýunça zerur çykdajylaryň hem öwezi dolunýar. Bu çykdajylar emlägi peýdalanmakdan hakykatda alnan peýdany tutup galmak bilen, hödürlenilen resminamalara laýyklykda öwezi dolunýar.

71. Miraslyk galan emlägi gorap saklamak mirasy ähli mirasdarlar tarapyndan kabul edilýänçä, eger şol olar tarapyndan kabul edilmedik bolsa, mirasdarlygyň ýüze çykan gününden başlap 6 (alty) aý geçýänçä dowam edýär.

Mirasyň açylan gününden 6 (alty) aý geçenden soň hem, miraslyk galan emlägi gorap saklamak çäreleri dowam edilip bilner eger, döwlet notarial edarasyna, şahsdan mirasy kabul etmäge razylygy hakynda arza,  mirasy almak hukugy beýleki mirasdarlar mirasy kabul edilmän ýüze çykan halatynda  gelip gowuşsa, mirasy kabul etmek üçin bellenen möhletden galan döwrüň içinde miraslyk kabul edilmedik bolsa we şol wagt 3 (üç) aýdan az bolsa, ol 3 (üç) aýa çenli uzaldylyp bilner.

Şu halatda miras galan emlägi gorap saklamak şu bölümiň ikinji bendinde görkezilen ähli şahslar tarapyndan miras kabul edilýänçä, eger olar tarapyndan kabul edilmese, eger mirasy kabul etmegiň 6 (alty) aýlyk möhletiniň galan bölegi üç aýdan az bolanda, mirasy kabul etmäge razylygy hakynda şol şahslaryň haýsy hem bolsa birinden arza gelip gowuşan gününden başlap 3 (üç) aý geçýänçä dowam edýär.

Geňeşiň wezipeli adamy miras emlägi gorap saklamak barada çäreleriň togtadylandygy hakynda mirasdarlary, eger emläk miras almak hukugynda döwlete geçýän bolsa, degişli salgyt edarasyny  deslapdan habarly etmäge borçludyr.

72. Geňeşiň wezipeli adamlary mirasdarlar tarapyndan miras kabul edilýänçä, eger ol kabul edilmedik bolsa, onda Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama döwlete berilýänçä miraslyk galan emläkden şulara degişli pul möçberlerini bermek hakynda buýruk edýär:

1) kesellän mahaly miras galdyryja ideg etmek boýunça,  şeýle hem ony jaýlamak üçin harajatlaryň üstüni dolmak üçin;

2)  miras galdyryjynyň eklenjindäkileri saklamak üçin;

3) iş haky boýunça nägilelikleri we şolara deňleşdirilen nägilelikleri kanagatlandyrmak üçin;

4) miraslyk galan emlägi gorap saklamak üçin we ony dolandyrmak boýunça çykdajylaryň üstüni dolmak üçin, şeýle hem açylan miras baradaky habarnamany çap etmek üçin.

Miraslyk galan emlägiň düzüminde pul möçberleri bolmadyk mahaly ölenden galan zatlary bermek hakynda buýruk edilýär, olaryň bahasy bolsa harçlanylan hakyky çykdajylaryň jeminden geçmeli däldir.

Geňeşiň wezipeli adamlarynyň, eger ätiýaçlandyrylan miras galdyryjy ölenden soň ätiýaçlandyryş pul möçberi kanun boýunça onuň mirasdarlaryna tölenilmäge degişli bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberlerinden edilen çykdajylar bilen baglanyşykly pullary bermek hakynda buýruk etmäge haky bardyr.

Şu bölümiň 1, 2, 3-nji kiçi bölümlerinde görkezilip geçilen çykdajylary tassyklamak üçin Geňeşiň wezipeli adamy dükanlardan hasaplary, saglygy goraýyş edaralaryndan delilhatlary, jaýlamagy guramak boýunça toparyň ykrarhatlaryny, kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň  nusgasyny we beýleki resminamalary talap edýär.

 

Resminamalaryň nusgalarynyň we şol resminamalardan

göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk etmek

 

73. Geňeşiň wezipeli adamy fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan berlen resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şol resminamalar we olaryň mazmuny Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän we ýuridik ähmiýeti bolan şertinde ýazmaça görnüşde şaýatlyk edýär.

Pasportlaryň nusgasyna, harby biletleriniň, partiýa, kärdeşler arkalaşygy we beýleki jemgyýetçilik birleşiginde agzalyk barada resminamalaryň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň şahadatnamalarynyň, gulluk şahadatnamalarynyň maýyplaryň we Beýik watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň şahadatnamalary hem-de ýeňillikler üçin şahadatnamalar muňa girmeýär nusgalaryna, №1 görnüşdäki ýazmaçalaryň pasport hakyndaky maglumatlardan ybarat bolan, lukmançylyk delilhatlarynyň, buhgalterçilik, maliýe hem-de gümrük resminamalarynyň, ýuridik şahslaryň şol taraplaryň möhüri bilen berkidilmedik, çykyş belgisi we senesi bolmadyk resminamalarynyň, ýuridik şahslaryň içerki resminamalarynyň, pozulyp aýrylan ýerleri, şübhe döredýän goşmaça ýazgylary bolan resminamalaryň, şeýle hem göçürme nusgalarynyň dogrulygyna güwä geçmäge ýol berilmeýän beýleki resminamalaryň göçürme nusgalarynyň dogrulygyna şaýatlyk etmek gadagan edilýär.

  74.Mazmuny diňe aýratyn meselelere degişli resminamalardan göçürmeleriň dogrulygy tassyklanyp bilner. Göçürme resminamada beýan edilen meseleleriň birine ýa-da birnäçesine degişli böleginiň doly ýazgysyny öz içine almalydyr.

75. Resminamanyň nusgasyndan edilen nusganyň dogrulygyna ilkinji nusganyň dogrulygy notarial tertipde tassyklanylan ýa-da resminamanyň nusgasynyň hakyky resminamanyň gelip çykýan ýuridik şahsy tarapyndan berlen şertinde Geňeşiň wezipeli adamy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan şaýatlyk edilýär. Soňky halatda resminamanyň nusgasy bu ýuridik şahsyň blankynda taýýarlanan, möhür basylyp berkidilen bolmalydyr we resminamanyň asyl nusgasynyň ýuridik şahsda ýerleşýänligi barada bellik bolmalydyr.

76. Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň adamlaryň şahsy hukuklaryna we bähbitlerine degişli namalarynyň nusgalarynyň dogrulygyna şaýatlyk etmek işi diňe birinji döwlet notarial edaralarynda geçirilýär.

77. Şaýatlyk edilýän resminamanyň nusgasy ýa-da onuň göçürmesi onuň asyl nusgasy bilen deňeşdirilýär.

 

Resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmek

 

78. Geňeşiň wezipeli adamy mazmuny Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän we geleşikleriň beýany bolmadyk resminamadaky goluň hakykylygyna şaýatlyk edýär.

79. Geňeşiň wezipeli adamy sowatsyzlygy, synasynda ýetmezçiligi ýa-da keselliligi ýa-da beýleki sebäpler netijesinde öz eli bilen gol çekip bilmeýän şahs üçin gol çekeniň golunyň hakykylygyna şaýatlyk edeninde, şu Düzgünnamada bellenilen düzgünleri ulanyp,  saglygy goraýyş edarasynyň kepilnamasyny talap edip biler we gol çeken şahsyň hem, şol şahs üçin gol çekeniň hem şahsyýetini anyklaýar.

80. Geleşigiň beýanyny görkezýän şertnamada, wesýetnamada, ynanç hatynda we başga resminamada, diňe sowatsyzlygy, synasynda ýetmezçiligi ýa-da keselliligi zerarly ýa-da başga sebäpler boýunça öz eli bilen gol çekip bilmeýäne derek başga bir gol çeken şahsyň golunyň hakykylygyna şaýatlyk edilip bilner.

81. Eger resminamada şaýatlyk etmek hukugy diňe döwlet edarasyna  degişli bolan ýagdaýlar (doglan, nikalaşan, ölen wagty we başgalar) tassyklanylýan bolsa, şol resminamada şahsyň golunyň hakykylygyna şaýatlyk edilip bilinmez.

Şol resminamadaky gollaryň hakykylygyna, eger resminama kazyýete ýa-da daşary ýurt döwletiniň beýleki edarasyna hödürlemek üçin niýetlenilen bolsa, şeýle halatlarda şaýatlyk edilip bilner.

82. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlarynyň, ýuridik şahsy döretmezden telekeçileriň Merkezi bankynyň edaralaryna we beýleki karz edaralaryna berilýän resminamalardaky gollarynyň nusgalaryna şaýatlyk edilýän mahaly, Geňeşiň wezipeli adamlary olaryň gollarynyň hakykylygyny we gol çekmek hukugyna ygtyýarlyklaryny barlaýar.

Ygtyýarlyklary tassyklamak üçin Geňeşiň wezipeli adamyna şular berilmelidir: wezipeli adamyň bellenilendigi hakyndaky buýruk ýa-da saýlanylandygy hakyndaky teswirnama, bellenilen tertipde tassyklanylan tertipnama ýa-da düzgünnama, ýa bolmasa ýolbaşçynyň adyna oňa ýokarda durýan gurama tarapyndan berlen ynanç haty, hususy telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasy.

Resminamada şol guramanyň möhrüniň düşürilen yzynyň nusgasy bolmalydyr. Eger guramada möhür ýok bolsa, ol bu ýagdaýy tassyklaýan degişli resminamany bermelidir (hasabyň eýesi babatda ýokarda duran guramanyň beren kepilnamasy we başgalar) we resminamada «möhrüň düşürýän yzy bolmazdan» diýlen bellik edilýär.

 

IV. Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylan

hereketler babatda jedeli çözmegiň tertibi

 

83. Amala aşyrylan notarial hereketini ýa-da notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegini nädogry hasaplaýan gyzyklanýan şahs bu barada Geňeşiň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete şikaýat etmäge haklydyr.

84. Amala aşyrylan notarial herekete esaslanýan hukuk barada jedele Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hak isleýiş önümçiligi tertibinde seredilýär.

 

Geňeşleriň wezipeli adamlary

tarapyndan notarial hereketlerini

amala aşyrmagyň tertibi hakynda

 Düzgünnama 1-nji goşundy

 

Notarial hereketlerini bellige almagyň

Sanawy

 

Notarial hereket leriniň belgisi

Notarial hereket leriniň amala aşyrylan senesi

Özleri babatda notarial hereketleri amala aşyrylan adamlaryň we olaryň wekilleriniň f.a.aa. we ýaşaýan ýeriniň salgysy

Notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminama

 

Notarial hereketle

riniň mazmuny

 

Döwlet pajynyň (tölegleriň) tölenilen möçberi we töleg hatynyň belgisi ýa-da boşadylmagy hakyndaky bellik

Notarial taýdan resmileşdirilen resmina-many alan-dygy hakynda ýüz tutan adamyň f.a.aa., goly we senesi

 

1

2

3

4

5

6

7

 

  Geňeşleriň wezipeli adamlary

tarapyndan notarial hereketlerini

amala aşyrmagyň tertibi hakynda

 Düzgünnama 2-nji goşundy

 

Wesýetnamalary bellige alyş elipbiý kitaby

 

T/b

Wesýet edijiniň f.a.aa. we doglan senesi

Wesýetna-manyň görnüşi

Wesýetnamanyň tassyklanan

ýa-da ýapyk wesýetnamanyň kabul edilen senesi  we belgisi

Ýapyk wesýetnama-nyň açylandygy barada bellik

Wesýetnama-nyň ýatyrylandygy barada bellik

Bellik

1

2

3

4

5

6

7

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Geňeşleriň wezipeli adamlary

 tarapyndan notarial hereketlerini

amala aşyrmagyň tertibi hakynda

Düzgünnama 3-nji goşundy

 

Ýapyk wesýetnamalary bellige alyş kitaby

T/b

Ölen wesýet edijiniň   f.a.aa.

we doglan senesi

Wesýet edijiniň ölüm hakynda şahadatnamasynyň hödür edilen senesi (güni,aýy,ýyly)

Ýapyk wesýetnama-nyň açylan senesi (güni, aýy,ýyly)

Wesýetnama boýunça mirasdarlara ýapyk wesýetnamanyň açylandygy baradaky teswirnamasynyň nusgasynyň berlen senesi

Bellik

1

2

3

4

5

6

 

Geňeşleriň wezipeli adamlary

tarapyndan notarial hereketlerini

amala aşyrmagyň tertibi hakynda

Düzgünnama 4-nji goşundy

 

Miraslyk emlägini gorap saklamak boýunça çäreleriň görülmegi

baradaky arzalary bellige alyş kitaby

T/b

Arzanyň gow

şan senesi

Arzanyň iberijisi

Miras galdyry

jynyň f.a.aa.

Miras emlägiň ýerleş

ýän ýeri

Miras emlägini gorap saklamak üçin görlen çäreler

Miras emlägi

ni gorap saklamak üçin görlen çäreleriň senesi

Miras emlägiň bahasy

Miras hukugy barada şahadatnamanyň berlen senesi

Bellik

 

1

2

3

4

5

6

7

8

9

10

 

Geňeşleriň wezipeli adamlary

tarapyndan notarial hereketlerini

amala aşyrmagyň tertibi hakynda

Düzgünnama 5-nji goşundy

 

Gymmatlyklary bellige alyş kitaby

T/b

Ýüz tutan fiziki şahsyň f.a.aa. ýa-da ýuridik şahsyň ýuridik salgysy we wekiliniň f.a.aa.

Ýüz tutanyň şahsyýetini tassyklaýan resminama ýa-da ygtyýarlygyny kesgitleýän resminama

Ýüz tutulan sene we wagty

Gymmatlygyň görnüşi

Gymmatlygyň möçberi (sany)

1

2

3

4

5

6

 

Gymmatlygyň ugradylan edarasy

(ýeri)

Kabul edýän wekiliň f.a.aa.

Ugradylan senesi

Kabul edendigi hakynda wekiliň f.a.aa. we goly

 

7

8

9

10

 

Geňeşleriň wezipeli adamlary

tarapyndan notarial hereketlerini

 amala aşyrmagyň tertibi hakynda

Düzgünnama 6-njy goşundy

 

Geňeşleriň edara jaýyndan daşarda amala aşyrylan notarial

hereketlerini bellige alyş kitaby

 

T/b

Ýüz tutýanyň f.a.aa.

Notarial hereketiniň görnüşi

Hasaba alnan belgisi

Gidilen

ýeriň salgysy

Gidilen sene

Geňeşiň wezipeli adamynyň f.a.aa.

Bellik

 

1

2

3

4

5

6

7

8

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2016-njy ýylyň 11-nji aprelinde bellige alyndy.

Bellige alyş sany 976.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Döwlet belligine alnan buýruklar
Kabul edilen senesi 23.03.2016
Resminamanyň belgisi 21-ÖB