Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnama

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň

2016-njy ýylyň 6-nji ýanwarynda çykaran 4 ÖB belgili

B U Ý R U G Y

 

Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnamany tassyklamak hakynda

 

«Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we «Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 6-njy awgustynda çykaran 9944-nji kararyna laýyklykda hem-de döwlet notarial edaralarynyň döwlet notariuslarynyň notarial hereketlerini amala aşyrmak işini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2013-nji ýylyň 16-njy maýynda çykaran 23-ÖB belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi ministriň orunbasary M.Taganowyň üstüne ýüklemeli.

 

Ministr                                                                                     B.Muhamedow

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2016-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda

çykaran 4 ÖB belgili buýrugy bilen

tassyklandy

 

Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi

hakynda düzgünnama

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Şu Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda  Düzgünnama (mundan beýläk – Düzgünnama) «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (mundan beýläk-Kanun), Türkmenistanyň Raýat kodeksi, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda işlenip düzüldi we Türkmenistanyň döwlet notarial edaralarynyň döwlet notariuslary tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär.

2. Döwlet notariuslary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň çözgütlerini şeýle hem, şu Düzgünnamany goldanýarlar.

3. Döwlet notarial edaralarynda notarial hereketlerini döwlet notariuslary, uly döwlet notariuslary, şol sanda döwlet notarial edaralarynyň müdirleri we müdirleriniň orunbasarlary (mundan beýläk - döwlet notariuslar) amala aşyrýarlar.

Döwlet notarial edarasynda iki we ondan köp döwlet notariuslary notarial hereketleri amala aşyranda, olardan biri uly döwlet notariusy bolýar.

4. Döwlet notariusynyň döwlet notarial edarasynyň ady we döwlet notariusyna berlen san belgisi görkezilen Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen möhri (mundan beýläk – möhür), şeýle hem möhürçeleri we blanklary bolýar. Notarial hereketleriniň belli bir görnüşleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanýan berk hasabatlylyk resminamalara degişli bolan blanklarda amala aşyrylýar.

5. Döwlet notarial edarasynda notarial hereketlerini bir döwlet notariusy amala aşyrýan bolsa we ol öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda (saglyk ýa-da beýleki sebäpler bilen) döwlet notarial edarasynyň müdiri, ol bolmadyk mahaly bolsa, müdiriň orunbasary bu barada Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň Adalat ministrligine, welaýatlarda bolsa, degişli welaýat adalat bölümine habar berýär.

Döwlet notariusy borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda (saglyk ýagdaýy ýa-da beýleki sebäpler boýunça) notarial hereketleri amala aşyrmaklygy başga döwlet notariusynyň üstüne ýüklenilýär. Şunda notarial hereketleri amala aşyrmaklygy üstüne ýüklenen döwlet notariusy öz belgili möhüri bilen hereket edýär.

Döwlet notariusy üstüne ýüklenen etrap (şäher) döwlet notarial edarasyna gidip notarial hereketi amala aşyran ýagdaýynda, amala aşyrylan notarial hereketi şol döwlet notarial edarasynyň Sanawynda ýazylmalydyr we resminamalar onuň arhiwinde galdyrylmalydyr.  

6. Notarial hereketleri amala aşyrylanda döwlet notariusy tarapyndan notarial namasy - Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde düzülen, tassyklanan ýa-da şaýatlyk edilen ýazmaça resminama (notarial taýdan tassyklanan resminama) düzülýär.

7. Notarial iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar, notarial hereketlerini amala aşyrmagyň netijeleri boýunça berilýän resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde resmileşdirilýär.

Notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan şahs döwlet dilini bilmeýän ýagdaýynda, resmileşdirilen resminamalaryň ýazgylary döwlet notariusy tarapyndan terjime edilmelidir. Eger döwlet notariusy notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan şahsa terjime edilmeli dili bilmeýän bolsa, onda şu Düzgünnamanyň 179-njy, 180-nji bölümlerinde göz öňünde tutulan kadalar ulanylmalydyr.

Döwlet notariusy şu Düzgünnamanyň 17-nji bölüminiň talaplaryna laýyklykda terjimeçiniň şahsyýetini anyklamalydyr.

8. Döwlet notariuslary şu aşakdaky notarial hereketlerini amala aşyrýarlar:

1) geleşikleri (şertnamalary, wesýetnamalary, ynanç hatlaryny, nika şertnamalaryny we beýlekileri) tassyklaýarlar;

2) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;

3) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;

4) umumy eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;

5) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda ýaşaýyş jaýyny, öýi, ýazlyk jaýynyň we beýleki gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamaga gadaganlyk girizýärler;

6) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

7) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler;

8) resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

9) adamyň diriligi barada fakty tassyklaýarlar;

10) adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada  fakty tassyklaýarlar;

11) adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýarlar;

12) resminamalaryň görkezilen wagtyny tassyklaýarlar;

13) fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny beýleki fiziki we ýuridik şahslara berýärler;

14) puly we gymmatly kagyzlary depozite kabul edýärler;

15) ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrýarlar;

16) wekselleriň garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

17) çekleri tölege görkezýärler we çekleriň tölenmänligini tassyklaýarlar;

18) resminamalary saklamak üçin kabul edýärler;

19) deňiz garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

20) subutnamalary üpjün edýärler.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlet notariuslaryna beýleki notarial hereketlerini amala aşyrmak wezipesi ýüklenilip bilner.

9. Döwlet notariuslary amala aşyrýan notarial hereketleriniň syryny saklamaga we Kanun bilen bellenilen borçlaryny berjaý etmäge borçludyrlar. Döwlet notariuslary tarapyndan öz borçlarynyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Adalat ministrligi, welaýatlarda bolsa, degişli welaýat adalat bölümi, welaýat döwlet notarial edaralary gözegçilik edýärler.

 

II. Notarial hereketleriniň amala aşyrylmagynyň umumy düzgünleri

 

10. Notarial hereketleri Türkmenistanyň ähli çäklerinde islendik döwlet notarial edarasynda amala aşyrylyp bilner, muňa notarial hereketiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda anyk kesgitlenen ýerde amala aşyrylmalydygy baradaky halatlar girmeýär.

Kanuna laýyklykda:

Notarial hereketlerini amala aşyrmak bilen bagly çäklendirmeler;

Gozgalmaýan we döwlet bellige alynmaga degişli gaýry emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak hakynda geleşikleri tassyklamak;

Ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda şertnamalary tassyklamak;

Mirasy goramak boýunça çäreleri görmek;

Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek;

Är-aýalyň (öňki är-aýalyň) bilelikdäki arzasy boýunça şahadatnamalary bermek;

Är-aýalyň biri ölen halatynda şahadatnama bermek;

Umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek;

Hususy kärhana ýatyrylanda gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermek;

Gozgalmaýan emlägiň jemagat söwdalardan edinilendigi hakynda şahadatnama bermek;

Gadaganlyklaryň girizilmegi;

Algydara bermek üçin pullary we gymmatly kagyzlary depozite kabul etmek;

Tölege görkezmek üçin çekleri kabul etmek we çekleriň tölenilmänligini tassyklamak;

Halkara şertnamalary bilen göz öňünde tutulan halatlarda notarial hereketleri belli bir döwlet notarial edarasynda amala aşyrylmaga degişli.

Türkmenistanyň kanunçylygy, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň buýruklary, görkezmeleri bilen notarial hereketleriniň belli bir ýerde amala aşyrylmagy bellenilip bilner.  

11. Kanunyň 25-nji maddasyna laýyklykda, öz adyna we öz adyndan, öz äriniň (aýalynyň), onuň we özüniň ýakyn garyndaşlarynyň adyna we olaryň adyndan, degişli döwlet notarial edaralarynyň, Geňeşleriň, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň adyna we olaryň adyndan, şeýle hem degişli döwlet notarial edarasynyň, Geňeşiň, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň adyna we olaryň adyndan notarial hereketlerini amala aşyrmaga döwlet notariuslarynyň haky ýokdur.

Görkezilen halatlarda notarial hereketleri beýleki döwlet notariuslary tarapyndan amala aşyrylýar.Notarial hereketleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda anyk döwlet notariuslary tarapyndan amala aşyrylmaly bolan halatynda notarial hereketleriniň amala aşyrylýan ýeri Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

Ýakyn garyndaşlara ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar degişlidir.

Şu bölüm arkaly bellenilen düzgünleriň bozulmagy bilen amala aşyrylan notarial hereketler hakyky däldir.

Şu bölümiň birinji bendinde görkezilen ýagdaýlarda döwlet notariusy tarapyndan degişli tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligine notarial hereketini amala aşyrylmagy üçin belli bir döwlet notarial edarasyny kesgitläp berilmegi barada resmi taýdan ýüz tutulýar. Ministrlik tarapyndan şol çäkde ýa-da golaýda ýerleşýän döwlet notarial edarasy bellenilýär. Notarial hereketi amala aşyrmak üçin döwlet notarial edarasynyň bellenilendigi barada döwlet notariusyna we notarial hereketi amala aşyrylmagy üçin kesgitlenilen döwlet notarial edarasyna ministrlik tarapyndan habar berilýär.

12. Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň merkezi bolan şäherlerde döwlet notarial edaralarynyň biri birinji döwlet notarial edarasy hökmünde döredilýär.

Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň adamlaryň şahsy hukuklaryna we bähbitlerine degişli namalarynyň nusgalarynyň dogrulygyna şaýatlyk etmek işi diňe birinji döwlet notarial edaralarynda amala aşyrylýar.

Birinji döwlet notarial edarasyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan has çylşyrymly notarial hereketleriň amala aşyrylmagy ýüklenilip bilner.

13. Döwlet notariuslary tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberde döwlet pajy alynýar. Döwlet pajynyň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan döwlet pajyny hasaplamak üçin bellenýän binýatlyk mukdardan ugur alnyp, göterim möçberinde kesgitlenýär.

Döwlet notariuslary her bir notarial namada döwlet pajynyň möçberini görkezýärler.

Döwlet notariusy tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berilmegi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanylmagy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlar töleg esasynda edilýär. Bu tölegleriň möçberi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

14. Eger notarial hereketleri öz bähbidine amala aşyrylýan şahs notarial hereketleriň amala aşyrylýan edara jaýyna baryp bilmeýän bolsa, gyzyklanýan şahsyň soramagy boýunça notarial hereketleri edara jaýlaryň daşynda amala aşyrylyp bilner.

Eger notarial hereketi döwlet notarial edarasynyň edara jaýynyň daşynda amala aşyrylýan bolsa, resminamadaky tassyklaýjy ýazgyda we Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda (mundan beýläk - Sanaw) wagtyny görkezmek bilen notarial hereketiň amala aşyrylýan ýeri ýazylýar.

Döwlet notarial edarasynyň jaýyndan daşarda amala aşyrylan notarial hereketleri üçin bellenen döwlet pajy iki esse möçberde alynýar we mundan başga-da gyzyklanýan  şahslar şol hereketleri amala aşyrmak üçin gidip-gelmek bilen bagly edilen hakyky çykdajylary hem tölemelidirler.

15. Notarial hereketi döwlet pajyny tölemek bilen notarial hereketini amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli resminamalaryň  berlen  güni amala aşyrylýar.

Fiziki we ýuridik şahslardan goşmaça maglumatlary we resminamalary talap etmegiň (şol sanda, şu Düzgünnamanyň 44-nji bölüminiň ikinji bendinde göz öňünde tutulan halatynda) ýa-da resminamalary bilermenler seljermesine ibermegiň zerurlygy ýüze çykan halatynda notarial hereketini amala aşyrmak gaýra goýlup bilner.

Şeýle halatlarda notarial hereketini amala aşyrmagyň gaýra goýulýan möhleti 1 (bir) aýdan geçmeli däldir. Daşary ýurt döwletiniň çäklerinde tabşyrygy ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly halatlar muňa girmeýär.

Döwlet notariuslarynyň ýuridik şahslardan notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin zerur maglumatlary hem-de resminamalary talap edip almaga haky bardyr. Degişli maglumatlar we resminamalar döwlet notariusy tarapyndan görkezilen möhletde berilmelidir. Bu möhlet 1 (bir) aýdan aňry geçmeli däldir.

16. Başga gyzyklanýan şahsyň tassyklamagy soraýan hukugy ýa-da fakty barada jedelleşmek üçin kazyýete ýüz tutmak isleýän adamlaryň soramagy boýunça hem notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy gaýra goýlup bilner. Şu halatda döwlet notariusy tarapyndan notarial hereketiniň amala aşyrylmagy 20 (ýigrimi) iş gününden köp bolmadyk möhlete gaýra goýulýar. Eger bellenilen möhletde gyzyklanýan şahsyň arzasynyň gelip gowşanlygy barada kazyýetden ýazmaça habar gelip gowuşmasa, döwlet notariusy notarial hereketini amala aşyrýar.

Başga gyzyklanýan şahsyň tassyklamagy soraýan hukugy ýa-da fakty barada jedelleşmek üçin gyzyklanýan şahsyň arzasynyň gelip gowşanlygy barada kazyýetden ýazmaça habar alnan halatynda notarial hereketiniň amala aşyrylmagy şol iş kazyýet tarapyndan çözülýänçä togtadylýar.

Notarial hereketleriniň amala aşyrylmagynyň gaýra goýulmagy we togtadylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry esaslar hem bellenip bilner.

17. Notarial hereketleri amala aşyrylan mahaly döwlet notariuslary notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamyň, onuň wekiliniň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň şahsyýetini anyklaýar.

Şahsyýeti anyklanýan mahaly döwlet notariusy fiziki şahsyň şol şahs tarapyndan berlen onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamadaky şekil bilen kybapdaşdygyny barlaýar.

Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýeti Türkmenistanyň raýatynyň pasporty, diplomatik pasporty, gulluk pasporty, ofiserleriň şahsyýetnamasy, seržantlaryň we esgerleriň harby bileti ýa-da harby gullukçynyň şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasy, ýa-da notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan raýatyň şahsyýetine degişli islendik şübhelenmeleri aradan aýyrýan beýleki resminamalar boýunça anyklanylýar.

Kämillik ýaşyna ýetmedik, 16 ýaşa ýetmedigiň şahsyýeti dogluş hakynda şahadatnamasy boýunça, 16 ýaşa ýeteniňki bolsa, Türkmenistanyň raýatynyň pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminamasy boýunça anyklanylýar.

Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şahsyýeti –pasporty, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şahsyýetnamasy, Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamasy boýunça anyklanýar.

Bosgunyň şahsyýeti - bosgunyň şahsyýetnamasy ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy boýunça anyklanýar.

18. Adamyň sowatsyzlygy, synasynda ýetmezi ýa-da keselliligi zerarly ýa-da başga sebäpler bilen geleşige, arza ýa-da beýleki resminama gol çekmäge mümkinçiligi bolmadyk halatlarynda we onuň tabşyrmagy boýunça resminama başga adam tarapyndan gol çekilende, döwlet notariusy ýüz tutanyň şahsyýetinden başga, oňa derek gol çekýän adamyň hem şahsyýetini anyklaýar.

Ýedi ýaşdan bärdäki kämillik ýaşyna ýetmedigiň (kiçi ýaşly çaganyň) adyndan notarial hereketlerini dogluş hakynda şahadatnamany  bermek  bilen, onuň  ata-eneleri, perzentlige alanlar, olar bolmadyk halatynda bolsa, hossarlar, şeýle hem bu şahsyň hossarlykda durýan edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri (mundan beýläk – kanuny wekili) tarapyndan, onuň şahsyýetini kesgitlemek bilen amala aşyrylýar. Döwlet notarial edarasy tarapyndan berilýän resminamalarda kiçi ýaşly çagalaryň goly we şonda onuň gatnaşmagy talap edilmeýär.

Ýedi ýaşdan on sekiz ýaşa çenli kämillik ýaşyna ýetmedikleriň adyndan notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy onuň kanuny wekiliniň razylygy bilen geçirilýär. Şeýle halatlarda, notarial resminamalaryny resmileşdirmek kämillik ýaşyna ýetmedigiň gatnaşmagynda we özüniň gol çekmeginde, şeýle hem kanuny wekilleriniň biriniň gol çekmeginde geçirilýär.

19. Geleşikler tassyklanylanda we käbir beýleki notarial hereketleri amala aşyrylanda (resminamalarda gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilende we ş.m.) döwlet notariusy geleşige gatnaşyjylaryň we notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan beýleki şahslaryň gollarynyň hakykylygyny barlaýar.

Notarial taýdan tassyklanylýan geleşiklere, arzalara we beýleki resminamalara döwlet notariusynyň gatnaşmagynda, familiýasyny, adyny we atasynyň adyny doly görkezmek bilen, ýüz tutan şahs tarapyndan gol çekilýär. Eger geleşige, arza ýa-da başga bir resminama döwlet notariusynyň gatnaşmadyk wagtynda gol çekilen bolsa, gol çeken şahs resminamada  hut özüniň gol çekendigini  ýazmaça tassyklamalydyr.

Eger döwlet notariusynda ýuridik şahslaryň wezipeli adamlarynyň gollarynyň bellenen tertipde berlen nusgasy bar bolsa we gollaryň hakykylygy şübhe döretmeýän bolsa, ol görkezilen wezipeli adamlaryň hut özleriniň gatnaşmaklaryny talap etmän biler.

Sowatsyzlygy, synasynda ýetmezi ýa-da keselliligi zerarly resminama hut öz eli bilen gol çekip bilmeýän adam oňa döwlet notariusynyň gatnaşmagynda gol çekmegi başga adama ynanyp biler. Şonda onuň tabşyrmagy boýunça, özüniň  we döwlet notariusynyň gatnaşmagynda notarial nama ýa-da beýleki resminama notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan şahsyň resminama öz eli bilen gol çekip bilmeýänliginiň sebäpleri döwlet notariusy tarapyndan resminamada görkezilip, başga adam gol çekip biler.

20. Geleşikler tassyklanylanda, geleşiklere gatnaşýan adamlaryň kämillik ukyby we ýuridik şahslaryň hukuk ukyby barlanýar. Kanuny wekil tarapyndan geleşikler tassyklanan halatynda onuň ygtyýarlyklary barlanýar we bu barada tassyklaýjy ýazgyda bellik edilýär.

Geleşik tassyklanylan mahaly döwlet notariusy geleşiklere gatnaşyjylaryň kämillik ukybynyň barlanylandygy hakynda tassyklaýjy ýazgyda görkezmäge borçludyr.

Kanun arkaly bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamyň adyndan (razylygy bilen) notarial hereketi amala aşyrmak zerurlygy ýüze çykan halatlarynda, döwlet notariusy şol şahsa hossar ýa-da howandar bellenilendigini, onda degişli resminamanyň bardygyny barlamaga borçludyr.

Şahsyň kämillik ukyby, şahsyýetini tassyklaýan resminamada görkezilen ýaşy boýunça, şeýle hem döwlet notariusy tarapyndan şol şahs bilen söhbetdeşlik geçirilende barlanylýar.

Zerur halatlarda döwlet notariusy, eger-de ýüz tutan şahsyň resminama gol çekip bilmeýändiginiň sebäbi kesel ýa-da haýsydyr bir beden ýetmezçiligi bolsa, şol sebäpli adamyň resminama gol çekip bilmeýändigini tassyklaýan saglygy hakynda, onuň ýaşaýan ýerindäki saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň goly we tugraly möhri bilen berkidilen kepilnamasyny talap edip biler.

21. Notarial hereketleri amala aşyrylanda geleşiklere gatnaşýan taraplaryň ýa-da wesýet edijiniň isleglerine görä şaýatlar gatnaşyp bilerler. Şonda resminamalara olar hem gol çekýärler. Eger wesýetnama umumylykda kabul edilen tehniki serişdeleriň kömegi bilen düzülen bolsa, oňa iki şaýadyň gatnaşmagy zerurdyr. Notarial hereketleri öz  haýryna amala aşyrylýan şahslar şaýatlar bolup bilmezler.

22. Notarial taýdan tassyklanylan geleşigiň şeýle hem, arzanyň we beýleki resminamalaryň mazmuny döwlet notariusy tarapyndan sesli okalyp berilmelidir ýa-da notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamlar tarapyndan okalmalydyr.

Eger notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan adam sowatsyz ýa-da kör bolsa, döwlet notariusy resminamanyň ýazgysyny oňa okap berýär we bu barada resminamada bellik edýär.

Eger notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan şahs ker, lal ýa-da ker-lal sowatsyz bolsa, şonda notarial hereketi amala aşyrylan mahaly muňa ygtyýarlylygyny tassyklaýan resminamany görkezmek bilen, adamlaryň şu toparlary bilen pikir alyşmak boýunça ýörite bilimlere eýe bolan sowatly şahs hökman gatnaşmalydyr, ol bolsa öz goly bilen geleşigiň, arzanyň ýa-da başga resminamanyň mazmunynyň oňa gatnaşýan ker, lal, ker-lal şahsyň erk-islegine laýyk gelýändigine şaýatlyk etmelidir. Bu barada döwlet notariusy, geleşigiň tassyklaýjy ýazgysyndan öň bellik edýär.

23. Notarial hereketiniň amala aşyrylmagyny belläp almak üçin ýüz tutan şahslaryň soramagy we olaryň hasabyna ýa-da döwlet notariusynyň başlangyjy boýunça audio we wideo ýazgy geçirilip bilner.

Audio we wideo ýazgynyň döwlet notariusynyň başlangyjy boýunça amala aşyrylan halatynda bu barada ýüz tutan şahslara duýdurylýar.

Audio we wideo ýazgylaryň geçirilmegi hakynda tassyklaýjy ýazgyda bellik edilýär we оlar arhiwde bilelikde saklanýar.

24. Eger-de notarial hereketini amala aşyrmak ýörite bilimi ýa-da endigi talap edýän halatynda (resminamalary gözden geçirmek, audio-wideo ýazgy etmek we ş.m.), notarial hereketiniň amala aşyrylmagy barada ýüz tutan şahsyň hasabyna döwlet notariusy öz başlangyçlary ýa-da ýüz tutan şahsyň başlangyjy boýunça maslahat we tehniki ýa-da başga kömegi almak üçin şol ugurdan bilimi bolan  degişli hünärmenleri çekip biler we olaryň çekilenligi barada berilýän resminamada bellik edilýär.

Hünärmenden notarial iş önümçiliginiň barşynda bilermenler seljermesi häsiýetli ýörite barlaglar geçirmezden dilden ýa-da ýazmaça görnüşde maslahatlar alynýar.

25. Döwlet notariuslary tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin, öçürilip aýrylan, goşmaça ýazylan, çyzyp öçürilen we başga-da duýdurylman girizilen düzedişli resminamalary, okalmagy mümkin bolmadyk resminamalary şeýle hem galam bilen ýazylan  resminamalary kabul edilmeýär.

Eger iki we ondan köp aýratyn sahypalarda beýan edilen resminamalaryň sahypalary tikilmedik, belgilenmedik we tikilen sahypalaryň sany wezipeli adamyň goly we resminamany beren ýuridik şahsyň möhri bilen berkidilmedik bolsa kabul edilmeýär.

26. Notarial taýdan tassyklanylýan geleşikleriň ýazgysy düşnükli we dürs, ýalňyşsyz we düzedişsiz ýazylmalydyr, resminamanyň mazmunyna degişli sanlar (aýrybaşgalanýan jaýyň, öýüň belgileri, emlägiň bahalary, bölünen miras paýynyň möçberi) hem-de möhletler (seneler) iň bolmanda bir gezek sözler bilen aňladylmalydyr, ýuridik şahslaryň atlary bolsa, olaryň edaralarynyň salgylaryny görkezmek bilen gysgaldylman ýazylmalydyr.Zerur halatlarda bolsa gündelik (hasaplaşyk) hasabynyň belgisini hem-de bankyň bölümini görkezmek bilen aňladylmalydyr. Ýüz tutanlaryň familiýalary, atlary we atasynyň ady, olaryň şahsyýetini tassyklaýan  resminamanyň maglumatlaryny, doglan gününi, aýyny we ýylyny hem-de olaryň ýaşaýan ýerini görkezmek bilen, dolulygyna ýazylmalydyr. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň, bosgunlaryň gatnaşmagynda notarial nama amala aşyrylan mahaly olaryň raýatlygy (statusy) hem görkezilmeli.

Resminamalardaky ahyryna çenli doldurylmadyk setirleriň we beýleki boş ýerleriň üsti çyzylmaly, daşary ýurtlarda degişli hereketleri amala aşyrmak üçin niýetlenilen resminamalarda  boş ýerleriň çyzylmagyna ýol berilmeýär.  

Eger notarial taýdan tassyklanylýan resminama geleşiklere gatnaşýanlar tarapyndan gol çekilýän bolsa, onda düzediş girizilende artyk ýazylanlar we düzedişler bellenilip geçilýär we tassyklaýjy ýazgysynyň ahyrynda şol şahslaryň goly bilen, şeýle hem döwlet notariusynyň goly we döwlet notarial edarasynyň möhri basylyp tassyklanylýar. Şunda düzedişler ähli ýalňyş ýazylanlary we soňra üsti çyzylanlary ilki başdaky ýazgyda okap bolar ýaly edilýär.

Taraplar tarapyndan gol çekilmeýän resminamanyň (mysal üçin Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň) ýazgysyna girizilen düzedişler diňe döwlet notariusy tarapyndan aýdylyp geçilýär we döwlet notariusynyň goly bilen güwä geçilip, möhür basylýar.Eger notarial nama nädogry ýa-da sowatsyz beýan edilen bolsa, döwlet notariusy ýüz tutan şahslara ony düzetmegi ýa-da täzeden düzmegi teklip etmeli. Ýüz tutan şahsyň haýyşy boýunça  resminama döwlet notariusy ýa-da döwlet notarial edarasynyň beýleki işgäri tarapyndan düzülip bilner.

Notarial nama birnäçe aýratyn sahypalarda beýan edilen halatlarynda, olar tikilmelidir, sahypalar bolsa belgilenmelidir. Tikilen sahypalaryň sany döwlet notariusynyň goly bilen güwä geçilip, möhür basylýar.

27. Geleşikler tassyklanylanda, resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna, resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edilende, şeýle hem resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen mahaly, resminamalaryň görkezilen wagty tassyklanylan mahaly resminamalarda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylan görnüşler boýunça degişli tassyklaýjy ýazgy ýazylýar, olara bolsa döwlet notariusy gol çekýär we möhür bilen berkidýär.

Tassyklaýjy ýazgy aýyl-saýyl, öçürilip aýrylan ýerleri bolmazdan ýazylmalydyr, boş ýerleriniň üsti çyzylmalydyr, artyk ýazylanlar we beýleki düzedişler girizilen ýagdaýynda bellenip geçilmelidir hem-de döwlet notariusynyň goly we möhüri bilen berkidilmelidir.

Tassyklaýjy ýazgyny ýazmak üçin degişli ýazgylar ýazylan möhürçeler ulanylyp bilner (daşary ýurtda hereket etmek üçin niýetlenen resminamalardan başgalarda).

Eger tassyklaýjy ýazgy (ýazgy) resminamanyň ýüz tarapynda ýerleşmeýän bolsa, resminamanyň arka tarapynda, resminamanyň arka tarapyna ýerleşmeýän bolsa, resminama berkidilen adaty kagyz sahypasynda dowam etdirilip ýa-da onda dolulygyna beýan edilip bilner. Şu halatda resminamanyň ýazgysy we tassyklaýjy ýazgy beýan edilen sahypalar tikilýär, belgilenilýär, sahypalaryň sany döwlet notariusynyň goly we möhüri bilen berkidilmelidir.

Tassyklaýjy ýazgyny amala aşyrmak üçin, resminama goşmaça kagyz sahypalaryny ýelmemäge ýol berilmeýär.  

28. Döwlet notariuslary tarapyndan amala aşyrylýan ähli notarial hereketleri Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda (mundan beýläk - Sanaw) bellige alynýar.

Her bir notarial hereketine aýratyn tertip belgisi berilmeli. Sanawda bellige alnan belgisi döwlet notariusy tarapyndan berilýän resminamada ýa-da tassyklaýjy ýazgyda görkezilýär.

Sanaw tikilmelidir, olaryň sahypalary belgilenmelidir. Sanawyň soňunda sahypalaryň sanyny, tassyklanan senesini görkezip, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, welaýat adalat bölüminiň wezipeli adamyň goly bilen güwä geçilen we wezipeli adamyň goly möhür bilen berkidilen bolmaly.

Sanawa amala aşyrylan notarial hereketi barada ýazgy döwlet notariusy tarapyndan diňe tassyklaýjy ýazga ýa-da notarial edarasy tarapyndan berilýän resminama döwlet notariusy gol çekenden soň ýazylmalydyr. Sanawda ýazgy gök syýaly ruçka bilen ýazylýar, ýazgylary galam bilen ýazmaga ýol berilmeýär.

Notarial hereketi barada ýazgy Sanawa girizilenden soň notarial hereket amala aşyrylan hasaplanylýar.  

29. Döwlet notariuslary Sanawdan göçürmäni, özleri babatda notarial hereketleri amala aşyrylan fiziki, ýuridik şahslaryň tabşyrygy esasynda  ýa-da ýazmaça gowşuran arzasy boýunça, şeýle hem öz önümçiliginde bolan jenaýat ýa-da raýat işleri bilen baglanyşykly kazyýetiň, prokuratura edaralarynyň, anyklaýyş we derňew edaralarynyň ýazmaça talap etmegi boýunça berilmeli.

Wesýetnama barada Sanawdan göçürmeler, diňe wesýet ediji ölenden soň, ölüm hakynda şahadatnamanyň berilmegi bilen berilmeli.

30. Döwlet notarial edaralarynda Notarial iş önümçiligini alyp barmagyň düzgünlerine laýyklykda bellige alyş kitaplary ýöredilýär.

31. Notarial hereketler bilen bagly resminamalar, olaryň esasynda amala aşyrylan geleşikleriň, şahadatnamalaryň we beýleki resminamalaryň döwlet notarial edarasynda  galdyrylýan bir nusgasyna goşulýar.  

32. RÝNÝ edaralary tarapyndan berlen resminamalaryň asyl nusgalary, döwlet notarial edarasynda olaryň nusgalaryny alyp galmak bilen, olary beren taraplara yzyna gaýtarylyp berilýär. Nusgalar gyzyklanýan şahslar tarapyndan berilýär ýa-da olaryň haýyşy boýunça döwlet notarial edarasynyň işgäri tarapyndan taýýarlanylýar we oňa döwlet notariusy tarapyndan şaýatlyk edilýär.

Şeýle nusgalarda döwlet notariusy «nusga dogry» diýen ýazgyny ýazýar senesini goýýar we oňa gol çekýär. Şu halatlarda döwlet pajy alynmaýar.

Notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan şahslaryň, olaryň wekilleriniň ýa-da ýuridik şahslaryň wekilleriniň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary galdyrylmazdan, olary beren şahslara gaýtarylyp berilýär we ýüz tutanlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň ady we beýleki degişli maglumatlar Sanawda ýazylýar.

Notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin döwlet notariusyna berlen maglumatlaryň we resminamalaryň hakykylygy barada jogapkärçilik ony beren şahsyň üstüne ýüklenilýär.

33. Şu halatlarda aşakda görkezilen resminamalaryň asyl nusgalary döwlet notarial edarasynda galdyrylmaýar:

ýuridik şahsyň tertipnamalary we olar hakyndaky düzgünnamalar, şeýle hem olaryň wekilleriniň ygtyýarlyklary hakyndaky resminamalar (belli bir notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin berilýän ynanç hatlaryndan başga) - ýuridik şahsyň adyndan we olaryň adyna berlen şertnamalar hem-de ynanç hatlar tassyklanylanda;

fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň ýaşaýyş jaýyna (jaýyň bir bölegine), öýe, ýazlyk jaýyna, garaža, beýleki gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugyny belleýji resminamalary-aýrybaşgalamak barada geleşikler tassyklanan halatynda, haçan-da eýesi oňa degişli gozgalmaýan emlägi dolulygyna aýrybaşgalamasa, girew, kärende ýa-da ýaşaýyş jaýyny kireýine almak şertnamalary tassyklananda; şeýle hem umumy hususy eýeçilige gatnaşyjylaryň şol gozgalmaýan emläge bir umumy hukuk belleýji resminamasy bar bolsa we olaryň biri özüne degişli bölegi (ýa-da paýlardaky paýyny) aýrybaşgalaýan bolsa; gurluşygy tamamlanmadyk gozgalmaýan emläk (bölegi) aýrybaşgalanan mahaly, gozgalmaýan emlägiň böleginiň möçberini bellemek ýa-da üýtgetmek baradaky ylalaşyklar tassyklananda;

berlen ýer böleginde eýeçilik hukugynda hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky şertnamalar, haçan-da eýesi ýaşaýyş jaýyny (jaýyň bir bölegini) dolulygyna aýrybaşgalan mahaly hem, döwlet notarial edarasynyň işlerinde galdyrylmaýar. Gozgalmaýan emlägi (bölegi) aýrybaşgalamak  barada şertnamalar tassyklananda hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky şertnama binany ýer böleginde ýerleşdirmegiň meýilnamasy we jaýy gurmak üçin taslama bilen bilelikde aýrybaşgalanandygy baradaky bellik bilen, aýrybaşgalamak baradaky şertnamanyň alyja gowşurylýan görnüşine goşulýar. Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama berlende ýer böleginde eýeçilik hukugynda hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky şertnamalar jaý miraslyk boýunça geçýän şahslara gowşurylýar;

gorag şahadatnamasyny - kireýine berijiniň kireýine berlen zady üçünji birine kireýine bermek şertnamalary tassyklanan mahaly;

awtoulag serişdeleri üçin tehniki pasportlar - olary aýrybaşgalamak baradaky şertnamalar tassyklanan, Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamalar berlen mahaly.

Gozgalmaýan emlägiň bölegi ýa-da paýy aýrybaşgalanan mahaly aýrybaşgalaýan şahsa gaýtarylyp berilýän hukuk belleýji resminamada döwlet notariusy aýrybaşgalanýan bölegini ýa-da onuň paýyny görkezip, senesini ýazyp, goluny we döwlet notarial edarasynyň möhrüni goýmak bilen bellik edýär.

Görkezilen halatlarda ýokarda sanalyp geçilen resminamalaryň nusgalary döwlet notarial edarasynda galdyrylýar.

34. Notarial taýdan tassyklanan resminamalar ýitirilen halatynda, öz tabşyrmagy boýunça ýa-da özleri barasynda notarial hereketleri amala aşyrylan fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň ýazmaça arzasy boýunça ýitirilen resminamanyň öwezligi berilýär.

Döwlet notarial edaralary Kanunyň 35, 36, 37-nji maddalarynda sanalyp geçilen wezipeli adamlardan saklamak üçin gelip gowşan wesýetnamalaryň öwezliklerini hem berýärler.

Resminamanyň öwezliginde tassyklanylan ýa-da berlen resminamanyň ähli ýazgysy bolmalydyr. Resminamanyň öwezligi resminamadan nusga alnan görnüşinde hem taýýarlanylyp bilner.

Resminamanyň öwezligine bellenilen görnüş boýunça tassyklaýjy ýazgysy ýazylýar.

Wesýetnamanyň öwezligi wesýetnamada görkezilen mirasdarlara, soňkylaryň ölen halatynda bolsa, olaryň mirasdarlaryna ölüm  hakynda şahadatnamany bermeginde berlip bilner.

Döwlet notariusy saklamaga gelip gowşan wesýetnamanyň kanunylygyny barlamaga we onuň kanuna laýyk gelmeýänligi anyklanan halatynda bu barada wesýet edijä we wesýetnamany tassyklan wezipeli adama habar bermäge borçludyr.

35. Notarial hereketleri amala aşyrýan döwlet notariuslary notarial hereketleri amala aşyran wagty adamlar ýa-da beýleki wezipeli adamlar tarapyndan ýol berlen kanun bozulmalary ýüze çykarsalar, möhüm çäreleri görmek üçin degişli ýuridik şahsa ýa-da prokuratura ýazmaça  habar berýärler.

Eger özlerine berlen resminamanyň hakykylygy barada şübhe dörese, notarial hereketleri amala aşyran döwlet notariusy şol resminamany saklamaga we ony seljerme geçirmek üçin ibermäge haklydyr.

Resminamanyň seljerme geçirmek üçin iberilendigi hakynda döwlet notariusy karar çykarýar, onda şular görkezilýär:

kararyň çykarylýan senesi;

karar çykaran döwlet notariusynyň familiýasy, adynyň we atasynyň adynyň baş harplary, döwlet notarial edaranyň ady;

resminamanyň ady, resminama berlen adamyň familiýasy, ady we atasynyň ady.

36. Döwlet notariuslary, şu halatlarda notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderýär, eger:

1) hereket başga döwlet notariusy tarapyndan amala aşyrylmaga degişli bolsa;

2) notarial hereketini amala aşyrmak üçin kämillik ukyby ýok fiziki şahsyň ýa-da ýuridik şahsyň degişli ygtyýarlyklary bolmadyk wekili ýüz tutan bolsa;

3) şeýle hereketiň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynyň gaýry talaplaryna garşy gelýän bolsa:

eger hereket döwlet notarial edarasy tarapyndan amala aşyrylmaga degişli bolmasa;

kämillik ukyby bar hem bolsa, şol pursatda öz hereketleriniň manysyna düşünmeýän  ýa-da öz hereketlerini dolandyryp bilmeýän ýagdaýdaky şahs notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan bolsa;

ýuridik şahsyň adyndan amala aşyrylýan geleşik, onuň tertipnamasynda ýa-da düzgünnamasynda görkezilen maksatlara garşy gelýän bolsa;

eger geleşik Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa ýa-da döwletiň bähbitlerine garşy gelýän bolsa we ş.m.

Eger notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin berlen resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa ýa-da olarda adamyň abraýyny we mertebesini peseldýän maglumatlar bar bolsa, şeýle resminamalar döwlet notariusy tarapyndan kabul edilmeýär.

Fiziki ýa-da ýuridik şahsa notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderen döwlet notariusy, ol fiziki ýa-da ýuridik şahsyň ýazmaça arzasy boýunça ýüz dönderilmeginiň sebäplerini ýazmaça görnüşde beýan etmelidir we oňa şikaýat etmegiň tertibini düşündirmelidir. Şu halatlarda notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi ýüz tutulan gününden soň 5 (bäş) iş gününden giç bolmadyk möhletde döwlet notariusy tarapyndan notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz döndermek hakynda karar çykarmak arkaly resmileşdirilýär.

37. Ýüz döndermek hakynda kararda şular görkezilmelidir:

kararyň çykarylýan senesi;

döwlet notariusynyň familiýasy, adynyň we atasynyň adynyň baş harplary hem-de döwlet notarial edarasynyň ady;

notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutanyň familiýasy, ady, atasynyň ady, onuň ýaşaýan ýeri (ýuridik şahsyň ady we salgysy);

ýüz tutan şahsyň haýsy notarial hereketiniň amala aşyrylmagyny sorandygy barada (haýyşyň gysgaça mazmuny);

notarial hereketini amala aşyrmagy ýüz döndermegiň delilleri (Türkmenistanyň kanunçylygyna salgylanmak bilen);

notarial hereketi amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegine şikaýat etmegiň tertibi we möhletleri.

38. Döwlet notariuslary tarapyndan notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin, notarial taýdan tassyklanan resminamalaryň öwezlikleriniň berlendigi üçin, dahylly taraplardan kanunçylyga laýyklykda, bellenilen möçberde döwlet pajy alynýar, bu barada sanawda we berilýän resminamada görkezilýär. Şeýle hem amala aşyrylan notarial hereketi bilen bagly edilen notarial hyzmatlary üçin kanunçylyga laýyklykda bellenilen nyrhlar esasynda geçirilen tölegleriň möçberi hem sanawda görkezilýär.

Eger hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, dahylly taraplar döwlet pajyny tölemekden boşadylýan bolsa, boşadylmagynyň esasy Sanawda we berilýän resminamada bellik edilýär. Notarial hereketi bilen bagly edilen notarial hyzmatlar üçin tölegi tölemekden boşadylýan bolsa, boşadylmagynyň esasy Sanawda bellik edilýär.

Döwlet notarial edarasynyň jaýyndan başga ýerde amala aşyrylan notarial hereketleri üçin döwlet pajy iki esse möçberde alynýar we mundan  başga hem gyzyklanýan şahslar şeýle hereketleri amala aşyrmak üçin gidip gelmek bilen baglanyşykly hakyky edilen çykdajylary hem tölemelidirler.

39. Eger döwlet notariusy ýol berlen ýalňyşlygy netijesinde öz amala aşyran notarial hereketiniň nädogrydygyny ýüze çykarsa, ol bellenilen tertipde görkezilen notarial hereketini ýatyrmak barada çäreleri görmek üçin, bu barada prokuratura edarasynyň dykgatyna ýetirmäge borçludyr.  Döwlet notariusy prokuratura edarasyna edilen habarnama hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň dykgatyna ýetirmelidir.Döwlet notariusy öz başlangyjy boýunça ýa-da gyzyklanýan şahslaryň haýyş etmegi boýunça tassyklanylan ýa-da berlen resminamanyň düýp mazmunyny üýtgetmeýän hem-de üçünji taraplaryň hukuklaryna we kanun arkaly goralýan bähbitlerine täsir etmeýän, diňe mese-mälim ýalňyş ýazylanlary ýa-da mese-mälim arifmetiki ýalňyşlyklary düzedip biler.

Döwlet notariusy resminama düzediş girizende bu barada bellik edýär we senesini görkezmek bilen, goly we möhüri bilen berkidýär.

Döwlet notariusy işini bes eden ýa-da döwlet notarial edarasy ýatyrylan halatynda notarial taýdan tassyklanylan ýa-da berlen resminama ýokarda görkezilen düzedişler, öň notarial hereketi amala aşyrylan, ýatyrylan döwlet notarial edarasynyň hukuk oruntutary bolan döwlet notarial edarasynyň islendik döwlet notariusy tarapyndan girizilýär.

 

III. Notarial hereketleriniň aýratyn görnüşlerini amala aşyrmagyň kadalary

 

1. Geleşikleri tassyklamagyň umumy kadalary

 

40. Döwlet notariuslary kanunçylyk tarapyndan hökmany notarial tertipde amala aşyrylmagy bellenilen geleşikleri tassyklaýarlar.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şu aşakdaky geleşikler notarial taýdan hökman tassyklanylmaga degişlidir:

gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnamalar (satyn almak-satmak, alyş-çalyş, sowgat etmek we başgalar);

raýat dolanyşygyndan alynmadyk gozgalmaýan we döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emläge girew baradaky şertnamalar (binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary (jaýlaryň bir bölegi), öýler we beýlekiler);

eýeçilik hukugynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada şertnamalar;

ömürlik ekläp saklamak şerti bilen gozgalmaýan  emlägi eýeçilige bermek şertnamalary;

notarial taýdan tassyklanylan görnüşi talap edýän geleşikleri, şeýle hem ýuridik şahslar barasynda şeýle hereketleri amala aşyrmak üçin ynanç hatlary, kanun ýa-da ýörite kadalar bilen ynanç hatynyň başga görnüşine ýol berilýän ýagdaýlardan başgalar.

Taraplaryň islegi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly hökmany suratda notarial taýdan tassyklamak bellenilmedik beýleki geleşiklere, mysal üçin, umumy hususy eýeçilige gatnaşyjylaryň umumy eýeçilikdäki paýlary bölüp bermek üçin geleşiklerine, umumy emläkden (ýaşaýyş jaýyndan, öýden, bag öýjagazyndan, saýalykdan, ýer böleginden we başgalardan) peýdalanmagyň tertibi baradaky, paýyň möçberini dikeltmek hakyndaky geleşiklere, ssudalar, zamunçylyk, tabşyryk, karz almak, ýaşaýyş jaýyny kireýine almak şertnamalar we başgalar hem tassyklanylýar.

42. Geleşikleri tassyklaýan döwlet notariusy taýýarlanan geleşikleriň taslamalarynyň manysyny we ähmiýetini taraplara düşündirmäge we olaryň mazmunynyň taraplaryň hakyky maksatlaryna laýyk gelýänligini we onuň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna garşy gelmeýänligini barlamaga borçludyr.

43. Gozgalmaýan we döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak barada geleşikler notarial taýdan tassyklananda bu emlägiň aýrybaşgalanmagyny ýa-da girewini amala aşyrýan şahsa degişliligi, şeýle hem aýrybaşgalamaga gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmegiň ýoklugy barlanýar.

Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak barada şertnamalar tassyklananda döwlet notariusy aýrybaşgalanýan emlägiň hukuk belleýji resminamalaryny talap edýär we eýesiniň degişli hukuklaryny, aýrybaşgalamak boýunça ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak barada şertnamalary tassyklamak görkezilen emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça geçirilýär.

Eýeçilik hukugy ýa-da gaýry hukuk döwlet belligine alynmaga degişli emlägi (şeýle emläge bolan hukugy) girewe goýmak barada şertnama emlägiň (şeýle emläge bolan hukugyň) ony girewe goýujynyň adyna döwlet belligine alnanlygyny tassyk edýän resminamanyň döwlet notariusyna berlen şertinde tassyklanýar.

“Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy babatda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk (mundan beýläk - Gulluk), şeýle hem welaýatlarda we welaýat hukukly şäherlerde döredilýän Gullugyň müdirlikleri (mundan beýläk – Gullugyň müdirlikleri) tarapyndan amala aşyrylýar.

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny Gullugyň ýerli edaralary (mundan beýläk - Gullugyň ýerli edarasy) amala aşyrýarlar.

44. Fiziki şahsyň kämillik ukyby anyklanylan mahaly döwlet notariusy şu Düzgünnamanyň 17-nji bölüminde göz öňünde tutulan, şahsyýeti tassyklaýan degişli resminama boýunça geleşiklere gatnaşyjylaryň ýaşyny anyklaýar.

Eger döwlet notariusynda geleşiklere gatnaşyjylaryň haýsy hem bolsa biriniň ruhy kesel ýa-da akyly kemligi netijesinde öz hereketleriniň manysyna düşünip ýa-da öz hereketlerine erk edip bilmeýändigini, ýa bolmasa spirtli içgileri ýa-da neşe serişdelerini hyýanatçylykly içmegi-çekmegi netijesinde öz maşgalasyny maddy taýdan agyr ýagdaýda goýýandygyny çaklamaga esas bar bolsa, şol şahsyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäkli diýip ykrar etmek hakyndaky maglumatlar ýok bolsa, döwlet notariusy geleşikleri amala aşyrmagy gaýra goýýar we şol şahsyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäkli diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdiniň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklaýar. Eger kazyýet tarapyndan şeýle çözgüt çykarylmadyk bolsa, döwlet notariusy öz çaklamasy hakynda Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 314-nji maddasynda görkezilen şahslaryň ýa-da guramalaryň birine habar berýär. Döwlet notariusy özüniň ýazmaça ýüztutmasynda gelnen  netije barada özüne habar etmegi soraýar. Şol şahsyň (guramanyň) gelen netijesine baglylykda döwlet notariusy geleşigi amala aşyrýar ýa-da iş kazyýetde garalýança notarial hereketini amala aşyrmagy gaýra goýup biler.  

Ýedi ýaşdan on sekiz ýaşa çenli kämillik ýaşyna ýetmedikleriň çäklendirilen  kämillik ukyby bardyr.

Olar kanuny wekilleriniň razylygy bolmazdan, durmuş häsiýetdäki ownuk geleşiklerini, mugt peýda almaga gönükdirilen geleşikleri  kanuny wekilleriniň beren serişdelerine ýa-da olaryň razylygy bilen üçünji taraplaryň belli bir maksatlary üçin geleşikleri amala aşyryp bilerler.

Beýleki halatlarda kämillik ukyby çäklendirilen kämillik ýaşyna ýetmedikleriň geleşikleri amala aşyrmak üçin öz kanuny wekilleriniň razylygyny almagy zerurdyr.

Eger kanuny wekil kärhana garaşsyz ýolbaşçylyk etmek ýa-da zähmet gatnaşyklaryna garaşsyz girmek hukugyny kämillik ýaşyna ýetmedik şahsa berýän bolsa, onda bu ugurlar üçin adaty bolan gatnaşyklarda ol kämillik ukyply adam bolýar. Şunda, döwlet notariusy degişli resminamalar boýunça kämillik ýaşyna ýetmedige kärhana erkin ýolbaşçylyk etmek ýa-da zähmet gatnaşyklaryna erkin girmek hukugynyň berlendigini, şeýle hem şol hukugyň kanuny wekiliň hossarlyk we howandarlyk edarasy bilen ylalaşylan razylygy  bilen berlendigini, şu notarial hereketiniň  hakykatdan hem kärhananyň işi ýa-da zähmet gatnaşyklaryna girmek bilen baglanyşyklydygyny barlamalydyr.

45. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 23-nji maddasynyň 2-nji bölegi,on sekiz ýaşdan kämillik ukybyň ýüze çykýandygy hakyndaky umumy kadadan on sekiz ýaşyna ýetmänkä nikalaşýan şahslar üçin kadadan çykmany belleýär. On sekiz ýaşyna ýetmedik fiziki şahs nikalaşan wagtyndan başlap, doly möçberde kämillik ukybyna eýe bolýar.

Nika baglaşylmagy netijesinde eýe bolnan kämillik ukyby 18 ýaşyna ýetmänkä nika bozulan halatynda hem doly möçberinde saklanyp galýar.

Ýedi ýaşdan on sekiz ýaşa çenli kämillik ýaşyna ýetmedikleriň adyndan, şeýle hem kazyýet tertibinde kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen şahslaryň adyndan geleşiklere, diňe, eger şol geleşikler ata-eneleriniň, perzentlige alanlaryň ýa-da howandarlaryň razylygy bilen amala aşyrylýan şertlerinde tassyklanylyp bilner.

Eger ata-eneler, hossarlar ýa-da howandarlar haýsydyr bir sebäpler (iş saparynda bolmak, başga ýerde ýaşamak we başgalar) bilen geleşigi baglaşmaga gatnaşyp ýa-da razylyk berip bilmeseler, onda olaryň bellenen tertipde şaýatlyk edilen arzalarynyň (tassyklanan ynanç hatlary) berlen mahalynda, geleşik hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tassyklanylyp bilner.

Hossarlyk-howandarlyk edilýän şahsyň emlägini eýeçiliginden aýyrmak, şol sanda çalyşmak ýa-da sowgat etmek barada, emlägi kireýine (kärendesine), mugt peýdalanmaga bermek ýa-da girew goýmak barada geleşikleri baglaşmaga, hossarlyk-howandarlyk edilýäne degişli hukuklardan ýüz dönderilmegine getirýän geleşikleri baglaşmaga, howandaryň bolsa muňa razylyk bermäge, hossarlyk-howandarlyk edilýäniň emlägini bölmäge ýa-da oňa düşýän paýdan bölüp almaga getirýän geleşikleri baglaşmaga, şonuň ýaly-da hossarlyk-howandarlyk edilýäniň emläginiň kemelmegine getirýän islendik beýleki geleşikleri baglaşmaga hossaryň hossarlyk we howandarlyk organyndan rugsat alman baglaşmaga haky ýokdur, howandaryň bolsa muňa razylyk bermäge haky ýokdur.Döwlet notariuslary tarapyndan şu halatlarda hossarlyk we howandarlyk edarasynyň  rugsatnamasy talap edilýär.

Bu düzgünler kakasynyň (ejesiniň) öz kämillik yaşyna ýetmedik çagalarynyň (perzentlige alnanlaryň) hossary hökmünde baglaşylýan geleşiklere hem degişlidir.

Ata-eneler, perzentlige alanlar ýa-da howandarlar (hossarlar)kämillik ýaşyna ýetmedikleriň adyndan, şeýle hem kazyýet tertibinde kämillik ukyby çäkli diýlip ykrar edilen şahslaryň adyndan geleşigi tassyklamaga razylyk beren mahaly, olaryň arzalardaky gollarynyň hakykylygyna notarial tertibinde şaýatlyk edilmelidir. Eger ata-eneler, perzentlige alanlar ýa-da howandarlar (hossarlar) geleşikler tassyklamaga razylyklary hakyndaky arzany döwlet notariusyna hut özleri berse, gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmek talap edilmeýär.  Şu halatda döwlet notariusy arza berijiniň şahsyýetini anyklaýar, onuň golunyň hakykylygyny we ygtyýarlygyny barlaýar, bu barada arzada bellik edýär hem-de onuň şahsyýetini tassyklaýan restminamanyň maglumatlaryny görkezýär. Geleşigi amala aşyrmaga razylyk hakyndaky arza, geleşigiň görnüşine goşmak bilen, aýratyn beýan edilýär.

Hossaryň, howandaryň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we ýakyn  garyndaşlarynyň hossarlyk-howandarlyk edilýän şahs bilen geleşik baglaşmaga emlägi howandarlyk-hossarlyk edilýäne sowgat etmek hökmünde ýa-da mugt peýdalanmaga berilmegi muňa girmeýär, şonuň ýaly-da hossarlyk-howandarlyk edilýän şahs bilen hossaryň ýa-da howandaryň ýanýoldaşynyň we olaryň ýakyn garyndaşlarynyň arasynda geleşikler baglaşylan ýa-da kazyýet işleri alnyp barlan mahalynda hossarlyk-howandarlyk edilýäniň wekilçiligini etmäge haky ýokdur.

46. Döwlet notariusy geleşige gatnaşýan ýuridik şahslaryň hukuk ukyby barlanylan mahaly ýuridik şahsyň tertipnamasy we ol hakyndaky düzgünnama bilen tanyşmaga hem-de olaryň bellige alynmagyny, amala aşyrylýan hereketleriň ýuridik şahsa öz tertipnamasy ýa-da düzgünnamasy bilen berlen hukuklara laýyk gelýändigini barlamaga borçludyr.

47. Wekil arkaly geleşik tassyklananda, döwlet notariuslary onuň ygtyýarlygyny barlaýarlar. Wekiliň ygtyýarlygy ynanç haty bilen tassyklanylýar.

Döwlet notariuslary ýuridik şahslaryň tertipnamasy boýunça ýa-da düzgünnamasy boýunça geleşikleri baglaşmak hukugy berlen ýolbaşçylaryndan geleşikleri baglaşmak ýa-da beýleki hereketleri amala aşyrmak üçin ynanç  hatlary talap etmeýärler. Şeýle halatlarda diňe olaryň wezipe ýagdaýyna güwä geçýän resminama talap edilýär.

Eger, ýuridik şahsyň saýlawly edarasy tarapyndan dolandyrylýan bolsa, wezipeli adamlaryň saýlanylmagy baradaky we olaryň arasynda borçlaryň paýlanylmagy hakyndaky karar talap edilmelidir.

Eger-de emläk we eýeçilik hukugy bir adamyň adyna hasaba alnan bolsa, emma paý eýeçiliginiň gatnaşyjylary hökmünde bolsa, paýy kesgitlenilmedik iki ýa-da ondan köp adam bolsa, onda döwlet notariusy paý eýeçiligine gatnaşyjylar baradaky maglumatlary talap edýär.

Eger-de paý eýeçiliginiň gatnaşyjylary umumy eýeçilik hukugyndaky özleriniň paýlaryny kesgitlemeseler, şeýle emlägi bölmekligi we ondan paý bölüp almaklygy amala aşyrmasa, onda aýrybaşgalamak barada şertnama olaryň ýazmaça razylygy bilen tassyklanylýar.

 

2. Şertnamany ýatyrmak hakynda ylalaşyk

 

48. Emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak  baradaky şertnamany  ýatyrmak hakyndaky ylalaşyk, taraplaryň ýazmaça arzasy boýunça tassyklanylýar.

Emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak  baradaky şertnamany  ýatyrmak hakyndaky ylalaşyk aýratyn resminama düzmek arkaly, şeýle-de taraplaryň gol çeken şertnamasynyň ähli asyl nusgalarynda ýazgy etmek arkaly resmileşdirilýär.

Emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak  baradaky şertnama  ýatyrylanda, eger şertnama Gullugyň ýerli edarasynda döwlet tarapyndan bellige alynmadyk bolsa, döwlet notariusy taraplaryň arzasy boýunça Sanawda we şertnamanyň ähli asyl nusgalarynda ýatyrylandygy barada bellik edýär.

Eger taraplar emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak  baradaky şertnamany Gullugyň ýerli edarasynda döwlet tarapyndan bellige aldyranlaryndan soň, şertnamany ýatyrmak barada ylalaşsalar, döwlet notariusy emläge eýeçilik hukugyny kesgitleýän resminamany, eger gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly bolsa, gozgalmasyz etmegiň, gadagan etmegiň ýokdugy hakyndaky we tehniki häsiýetnamasy barada Gullugyň ýerli edarasyndan resminamany talap etmek bilen, notarial tertipde tassyklaýar.Şunda emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak baradaky şertnamanyň ýatyrylandygy hakynda Sanawda we döwlet notarial edarasynyň işlerinde saklanylýan şertnamanyň asyl nusgasynda bellik edilýär.

Döwlet notariusy, emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnamany hakyky däl diýip ykrar etmek hakyndaky kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdini alan halatynda, bu barada sanawda we döwlet notarial edarasynyň işlerinde saklanylýan şertnamanyň asyl nusgasynda bellik edýär.

Emlägi aýrybaşgalan tarapa, emlägi aýrybaşgalamak şertnamasynyň ýatyrylandygy hakynda ylalaşyk baglaşylmazdan öň aýrybaşgalan şahsda bar bolan, döwlet notarial edarasynda saklanylýan, olaryň nusgasyny galdyrmak bilen, hukuk belleýji resminama (ýa-da onuň öwezligi) gaýtarylyp berilýär, görkezilen resminamany olaryň alandygy barada bellik edilýär.

Görkezilen şertnamalar ýatyrylan mahaly şol şertnamalary tassyklamak  üçin öň alnan döwlet pajy taraplara gaýtarylyp berilmeýär.

Şertnamalary ýatyrmak hakyndaky ylalaşyklar tassyklanan mahaly şu Düzgünnamanyň 53-nji, 54-nji bölümlerinde göz öňünde tutulan kadalar ulanylýar.

49. Ýörite hasapda durýan emlägi (gozgalmaýan emläk we başgalar) aýrybaşgalamak baradaky şertnama, şeýle hem şeýle şertnamany ýatyrmak hakyndaky ylalaşyk (ol degişli edarada bellige alnandan soň) şol emlägiň hasapda goýlan ýeri boýunça bellige almak üçin berilmelidir, bu barada döwlet notariusy şertnamanyň ýazgysynda görkezýär we taraplara düşündirýär. Hususan-da ýaşaýyş jaýyny (jaýyň bir bölegini) ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnama Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň Döwlet sanawynda (mundan beýläk – Döwlet sanawynda) bellige alynmaga degişlidir. Awtoulag serişdelerini aýrybaşgalamak baradaky şertnama ýa-da şol şertnamany ýatyrmak hakyndaky ylalaşyk barada maglumat, şol awtoulag serişdelerini bellige almak we olaryň hasabyny ýöretmek ygtyýarlyklary ýüklenen edara berilmelidir.

50. Notarial tertibinde tassyklanylan geleşigiň mazmuny beýan edilýän resminamalaryň asyl nusgalarynyň sany azyndan iki bolmalydyr, olaryň biri bolsa döwlet notarial edarasynda galdyrylmalydyr.

Ähli asyl nusgalara geleşige gatnaşyjylar gol çekýärler. Tassyklaýjy ýazgysy  hem ähli asyl nusgalara ýazylýar. Geleşiklere gatnaşyjylaryň islegi boýunça olaryň her birine bir asyl nusga berilýär.

 

3. Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky geleşikleri tassyklamak

 

51. Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnamalaryň tassyklanylmagy ýüz tutýanlaryň ýazmaça arzalary esasynda gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça geçirilýär.

Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnamalar notarial taýdan tassyklanylan mahaly döwlet notariusy gozgalmaýan emlägiň degişliligi hakynda hukuk belleýji resminamany talap edýär we eýesiniň degişli hukuklary aýrybaşgalamak boýunça ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

52. Aýrybaşgalanýan gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hususan-da şu resminamalaryň biri bilen tassyklanylyp bilner:

hususy eýeçilik hukugynda ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleginiň berilmegi hakyndaky notarial taýdan tassyklanylan şertnama bilen;

gozgalmaýan emlägiň obýektlerine eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bilen;

notarial taýdan tassyklanylan (ýa-da 1931-1936-njy ýyllar üçin jemagat edaralary tarapyndan şaýatlyk edilen) satyn almak-satmak (şol sanda satyjyny ömürlik ekläp saklamak şerti bilen), sowgat etmek, alyş-çalyş  şertnamasy bilen;

jemagat söwdalardan gozgalmaýan emlägi (gozgalmaýan emlägiň bir bölegini) edinmek hakyndaky resminamalar bilen (şahadatnama bilen);

mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bilen;

är-aýalyň umumy emlägindäki paýa eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bilen;

satyn almak-satmak şertnamasy bilen ýa-da degişli edara tarapyndan berlen eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnama bilen;

kazyýetiň kanuny güýje giren, gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugyny tassyklaýan çözgüdi bilen;

esasy hukuk belleýji resminama, goşmaça resminama bolup durýan, emlägi bölmek hakyndaky şertnama bilen;

bellige alyş şahadatnama bilen;

döwlet nama bilen;

umumy emläkdäki paýa eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalary;

umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama;

ýatyrylan hususy kärhananyň gozgalmaýan emlägine eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama;

öý üçin paýly goşandyň doly üzülendigi hakynda ýaşaýyş jaý şereketiniň (ýaşaýyş jaýlarynyň hukuk eýeleriniň şereketleriniň, jaý-gurluşyk kooperatiwiniň) kepilnamasy bilen.

Bellige alyş şahadatnamasyndan we ýaşaýyş jaýlarynyňhukuk eýeleriniň şereketlerine (jaý-gurluşyk kooperatiwiň) kepilnamasyndan başga, sanalyp geçilen resminamalarda, olaryň Gullugyň ýerli edarasynda bellige alnandygy hakyndaky bellik bolmalydyr.

53. Döwlet notariusy gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyny tassyklan mahaly, haçan-da ömürlik ekläp saklamak şerti bilen gozgalmaýan emlägi bermek şertnamasy hukuk belleýji resminama bolanda, ömürlik ekläp saklamak şerti bilen gozgalmaýan emlägi beren şahsyň ölüm hakynda şahadatnamasyny (onuň nusgasyny galdyrmak bilen) talap etmäge borçludyr.

Döwlet notariusy gozgalmaýan emläge hukuk belleýän resminamadan başga hem Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyndan gozgalmaýan emlägiň obýekti hakynda maglumatdan göçürmesini (mundan beýläk - Gullugyň ýerli edarasynyň resminamasy) talap edýär.

Eger, ýer böleginiň we gozgalmaýan emlägiň Gullugyň ýerli edarasynyň resminamasynda hakykatdaky möçberi hukuk belleýji resminamada görkezilendäkiden köp bolsa, şeýle hem resminamadan görnüşi ýaly, bellenilen rugsatnama bolmazdan eýesi tarapyndan jaýa ýanaşyk (goşmaça) jaýlar gurlan ýa-da ýaşalmaýan jaý ýaşalýan jaýa gaýtadan enjamlaşdyrylan halatlarynda, döwlet notariusy etrabyň, şäheriň häkiminiň ýer böleginiň möçberini üýtgetmek ýa-da ýanaşyk gurmak (goşmaça gurmak) ýa gaýtadan enjamlaşdyrmak üçin, rugsatnama bermek hakyndaky kararynyň berilmegini talap edýär. Häkimiň şeýle karary bolmadyk mahaly, aýrybaşgalamak baradaky şertnamada ýer böleginiň möçberi we jaýyň (jaýyň bir böleginiň) möçberi hukuk belleýji resminama boýunça görkezilýär.

Eger, ýer böleginiň ýa-da ýaşaýyş jaýynyň Gullugyň ýerli edarasynyň resminamasynda görkezilen hakyky möçberi hukuk belleýji resminamadakydan az bolsa, aýrybaşgalamak baradaky şertnamada möçberler Gullugyň ýerli edarasynyň beren resminamasy boýunça görkezilýär.  

54. “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 30-njy, 40-njy maddalarynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça, hususy eýeçilik hukugynyň we ýerden peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi hakynda degişli döwlet edarasynyň çözgüdi çykarylan halatynda, şol ýer böleginde bolan gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak hakyndaky şertnama diňe, eger ýykyp aýyrmak üçin aýrybaşgalanmasy fiziki ýa-da ýuridik şahs amala aşyrýan halatda, tassyklanylyp bilner.

55. Aýrybaşgalamaga gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmegiň ýokdugy döwlet bellige alyş edarasy tarapyndan beren degişli resminamasy esasynda barlanýar.

Gadaganlyk girizilen mahaly, bergi bilen baglanyşykly gozgalmaýan emlägi  aýrybaşgalamak baradaky şertnama diňe berginiň zat edinýäne geçirilmegine algydaryň we zat edinýäniň razylygy bolanda tassyklanylyp bilner.

Gozgamasyz edilmek bar bolanda bolsa - diňe ol aýrylanyndan soň gozgalmaýan emlägi  aýrybaşgalamak baradaky şertnama tassyklanylyp bilner.

56. Är-aýalyň bilelikdäki umumy eýeçilik hukugynda özlerine degişli bolan, notarial taýdan hökman tassyklanylmagyny talap edýän emlägini aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak baradaky geleşiklere döwlet notariusy tarapyndan är-aýalyň beýleki biriniň ýazmaça razylygy bar mahaly  tassyklanyp bilner.

Är-aýalyň gozgalmaýan emlägi (gozgalmaýan emlägiň bir bölegini) aýrybaşgalamak hakyndaky arzasyndaky gollaryň hakykylygyna notarial tertibinde ýa bolmasa muňa ygtyýarly edilen wezipeli adamlar tarapyndan şaýatlyk edilip bilner.

Eger, är-aýalyň hut özi gelip aýrybaşgalamaga razydygy baradaky arzany döwlet notariusyna berse, gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmek talap edilmeýär. Şu halatda döwlet notariusy är-aýalynyň şahsyýetini anyklaýar we onuň gollarynyň hakykylygyny barlaýar, bu barada arzada bellik edýär we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň adyny, onuň belgisini, är-aýalyň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň berlen senesini we ony beren edaranyň adyny görkezýär.

Eger beýleki är-aýalyň arzasynda, onuň bilelikde satyn alnan gozgalmaýan emlägini(bir bölegini) anyk kime (familiýasy, ady, atasynyň ady, ýuridik şahsyň ady)satmaga ýa-da sowgat bermäge razylygy görkezilen bolsa ýa-da satmagyň bahasy we beýleki şertleri görkezilen bolsa, döwlet notariusy aýrybaşgalamak şertnamasyny tassyklan mahaly är-aýalyň arzasynda görkezilen şertleriň berjaý edilendigini barlamaga borçludyr.

Haçan-da, gozgalmaýan emläge hukuk belleýji resminamada ony satyn almagyň wagtyny we esasyny (bellige alyş şahadatnamasy, döwlet edarasynyň kepilnamasy we başgalar) kesgitlemek mümkin bolmasa, gozgalmaýan emlägi (bir bölegini) aýrybaşgalaýan şahs bolan är-aýal bolsa, adyna gozgalmaýan emläk (bir bölegi) bellige alnan beýleki är-aýala gozgalmaýan emlägi  aýrybaşgalamak üçin ýazmaça razylygy bermekden boýun gaçyrýan bolsa, şeýle halatda, ol är-aýal tarapyndan Kanunyň 79-njy maddasyna laýyklykda gozgalmaýan emläkde öz paýyny kesgitlemek üçin, döwlet notarial edarasyna gelmek baradaky teklip bilen är-aýalyň arzasy berlip bilner. Eger, ol bellenilen möhletde notarial edarasyna gelmese we arzanyň berlen gününden bir aýyň dowamynda öz nägileligini ibermese, döwlet notariusy hukuk belleýji resminama laýyklykda gozgalmaýan emläk (bir bölegi) öz adynda duran är-aýalyň adyndan gozgalmaýan emlägi (bir bölegini) aýrybaşgalamak baradaky şertnamany tassyklap biler.   

57. Hökmany notarial taýdan amala aşyrmagy talap edilýän emlägi aýrybaşgalamak we girewe goýmak baradaky şertnamalar, eger hukuk belleýji resminamadan, nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamadan ýa-da başga resminamadan emlägiň är-aýalyň biriniň umumy däl-de, eýsem, hususy emlägidigi (nika baglaşmazdan öň satyn alnan, miras almak boýunça ýa-da sowgat etmek şertnamasy boýunça geçen, nika döwründe satyn alnan gozgalmaýan emläk bölünen) beýleki är-aýalyň razylygy alynman tassyklanyp bilner.

Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak hakyndaky şertnama, eger är-aýalyň biri emlägiň ýerleşýän ýerinde ýaşamaýan bolsa we onuň bolýan ýeri näbelli bolsa, şeýle halatlarda hem onuň razylygy bolmazdan kanagatlandyrylyp bilner. Bu ýagdaýy tassyklamak üçin är-aýalyň beýlekisiniň nam-nyşansyz gidendigi hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň nusgasy berilmelidir.

Döwlet notariusy aýrybaşgalanýan gozgalmaýan emlägiň nikada duran döwründe är-aýalyň satyn alan umumy bilelikdäki eýeçiligi bolup durýandygyny barlaýar.

Aýrybaşgalanýan gozgalmaýan emläk satyn alnan pursatynda nikada durmaýan (nikasy bozulan, dul) şahsyň adyndan emlägi  aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak baradaky şertnama baglaşylan mahaly, aýrybaşgalanýan tarap tarapyndan bu barada döwlet notarial edarasyna ýazmaça arza berilýär. Döwlet notariusy gozgalmaýan emläk satyn alnan pursatynda nikanyň hasaba alynmagynyň ýokdugy baradaky ýagdaýy tassyklaýan resminamalaryň bardygyna garamazdan, şeýle arzanyň ýazgysyny şertnamanyň beýleki gatnaşyjysynyň dykgatyna ýetirýär, ol bolsa bu ýagdaýyň özüne mälimdigini ýazmaça tassyklap, arza gol çekmelidir.

58. Umumy paýly eýeçilige gatnaşyjynyň öz paýyny aýrybaşgalamaga hukugy bardyr. Emma, ol emläkdäki öz paýyny keseki şahsa satan mahaly umumy eýeçilige (paýa) beýleki gatnaşyjylaryň satylýan paýy satyn almaga artykmaç hukugy bardyr.

Döwlet notariusy umumy paýly eýeçilige gatnaşyjy özüne degişli paýy keseki şahsa satan mahaly satyjynyň ýazmaça görnüşde umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylary umumy eýeçilikdäki paýyň satylýan nyrhy we beýleki şertleri (mysal üçin, tölegi gaýra goýup satmak) görkezmek bilen, öz paýyny keseki şahsa satmak meýli hakynda  habarly edendiginiň subutnamasyny talap edýär.

Umumy öýde paýyň geljekde satylmagy hakynda umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň habarly edilendiginiň subutnamasy bolup, Kanunyň 95-nji maddasynda bellenen tertipde  satyjynyň özüne arza ýa-da umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň  gozgalmaýan emlägiň satylýan paýyny satyn almaga artykmaç hukugyny amala aşyrmakdan boýun gaçyrmagy baradaky arzasyny (satylýan paýyň bahasyny we beýleki şertlerini görkezmek bilen) bermegi hakynda döwlet notarial edarasynyň şahadatnamasy hyzmat edip biler.

Umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň arzasyndaky gollaryň hakykylygyna  notarial hereketini amala aşyrýan edara ýa-da muňa ygtyýarly edilen wezipeli adam tarapyndan şaýatlyk edilmelidir.

Eger umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň hut özi döwlet notarial edarasyna gelse we satyn almakda artykmaç hukugyndan boýun gaçyrýandygy hakynda arza berse, gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmek talap edilmeýär. Şu halatda döwlet notariusy olaryň şahsyýetini anyklaýar we gollaryň hakykylygyny barlaýar, bu barada arzada bellik edýär we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň adyny, onuň belgisini, berlen senesini we  resminamany beren edaranyň adyny görkezýär.

Eger görkezilen arza  umumy paýly eýeçilige gatnaşyja şertnamany tassyklaýan döwlet notariusy tarapyndan berlen bolsa, şonda arzanyň berlendigi hakyndaky şahadatnama berilmeýär, emma arzanyň nusgasy döwlet notariusynyň onuň gowşurylandygy we satyn almaga artykmaç hukugy bolan şahslaryň alandygy hakyndaky ýazgysy bilen aýrybaşgalanýan emlägiň paýyny satyn almak-satmak şertnamasynyň asyl nusgasyna goşulýar, ol bolsa döwlet notarial edarasynda galýar.

Eger ýokarda görkezilen arza aragatnaşyk boýunça iberilýän bolsa, satyn almaga artykmaç hukugy bolan şahsyň ony alandygy hakyndaky habarnamasy işiň maglumatlaryna goşulýar.

Umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylardan jogap alnan mahaly şol jogap hem  şertnamanyň görkezilen görnüşine goşulýar.

Gozgalmaýan emlägiň paýyny sowgat etmek, alyş-çalyş we ömürlik ekläp saklamak şerti bilen bermek şertnamalar tassyklanylan mahaly bu bölümiň kadalary ulanylmaýar.

59. Eger umumy paýly eýeçilige galan gatnaşyjylar eýäniň öz paýyny satmak meýli hakynda olaryň habarly edilen gününden başlap bir aýyň dowamynda satyn almaga artykmaç hukugyndan peýdalanmasa, döwlet notariusynyň umumy emläkdäki paýy keseki şahsa satyn almak-satmak şertnamasyny tassyklamaga haky bardyr.

Eger umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylar umumy emläkdäki paýy  satyn almaga artykmaç hukugyndan boýun gaçyrýandygy barada arza berse, şonda umumy eýeçilikdäki bu paýy keseki şahsa satmak hakyndaky şertnama olar umumy eýeçilikdäki paýyň kesekä satyljakdygy hakyndaky satyjynyň habarnamasyny alan gününden başlap bir aý möhlet geçmezden tassyklanylýar.

60. Mirasdarlaryň satyn almakda artykmaç hukugy iki aýyň içinde amala aşyrylmalydyr. Bu hukuk miras boýunça geçýär.

61. Satmagyň şertlerindäki ähli üýtgetmeler barada artyk  hukukda satyn almaga dalaş edip biljek umumy paýly eýeçilige beýleki gatnaşyjylar habardar edilýär.  Umumy eýeçilikdäki paý ilki başdakysyna garanyňdan pes ýa-da has ýokarynyrhda satylan halatynda, ilki başdaky nyrhdan satyn almakdan boýun gaçyrylan mahaly umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň ikinji gezek habarly edilmeginiň subutnamalarynyň berilmegi talap edilmeýär.

Umumy emläkde gozgalmaýan emlägi keseki şahsa satyn almak-satmak şertnamasy döwlet notariusy tarapyndan, eger umumy paýly eýeçilige beýleki gatnaşyjylaryň  satyjynyň özüne degişli bölegi satmak meýli hakynda olaryň adyna iberilen arzasyny almakdan boýun gaçyrýandygy mälim bolsa,  tassyklanyp bilner. Bu ýagdaýlar barada  habarnamanyň arka ýüzünde aragatnaşyk edarasynyň belligi şaýatlyk etmelidir.

62. Umumy gozgalmaýan emlägiň paýyny keseki şahsa satyn almak-satmak şertnamasy, eger umumy paýly eýeçilige beýleki gatnaşyjylar gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýerinde ýaşamaýan bolsa we olaryň salgysy näbelli bolsa, şeýle halatda hem tassyklanylyp bilner. Muny tassyklamak üçin ygtyýarly edaranyň (salgyt edarasynyň ýa-da etrabyň, şäheriň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň) beren degişli resminamasy berilmelidir.

63. Döwlet notariusy kämillik ýaşyna ýetmedik, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen şahsa degişli gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnama tassyklanylan mahaly hossarlyk we howandarlyk edarasyndan görkezilen şahslaryň gozgalmaýan emläkdäki paýyny satmaga razylygyny talap etmek bilen, şu Düzgünnamanyň 45-nji bölümine gollanýar.

Eger hossarlyk we howandarlyk edarasy ata-eneleri, hossarlary ýa-da howandarlary kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da kämillik ukyby bolmadyk şahsyň bank edarasyndaky hasabyna satylan gozgalmaýan emläginiň pul möçberini girizmäge borçly edýän bolsa, döwlet notariusy bu barada şertnamanyň ýazgysynda görkezip, şu talabyň ýerine ýetirilendigini barlamalydyr.

64. Bir şahsa hususy eýeçilik hukugynda ýa-da birnäçe şahsa  umumy eýeçilik hukugynda degişli bolan we bir ýer böleginde ýerleşýän birnäçe ýaşaýyş jaýlaryndan birini aýrybaşgalamak baradaky şertnama, diňe etrabyň (şäheriň) häkimligi tarapyndan köçe, geçelge we başgalar boýunça aýratyn belgi bilen, şol ýer  böleginde bolan aýrybaşgalanýan jaý bilen, ýerinde ýer böleginiň bir bölegini berenden soň kanagatlandyrylyp bilner. Eger ýer bölegini  şunuň ýaly bermek mümkin bolmasa, şonda döwlet notariusy tutuşlygyna  ýaşaýyş jaýyna umumy eýeçilik hukugynda kesgitlenilen bölegini aýrybaşgalamak barada şertnamany tassyklaýar.

65. Döwlet notariusy gozgalmaýan emlägiň bellige alynmaga degişli paýyny aýrybaşgalan mahaly, hukuk belleýji resminamada bellik edýär.

66. Gozgalmaýan emläkdäki paýy aýrybaşgalamak baradaky şertnamanyň ýazgysynda gozgalmaýan emlägiň anyk bölegi däl-de, arifmetiki paýy görkezilýär.

67. Eýe tarapyndan gozgalmaýan emläkdäki paýy aýrybaşgalamak baradaky şertnamasynda onuň anyk bölegini peýdalanmagyň tertibi hem, şonuň ýaly-da ýer bölegini  peýdalanmagyň tertibi hem görkezilip bilner.

Umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň biri tarapyndan gozgalmaýan emläkde oňa degişli paýyny aýrybaşgalamak baradaky şertnamada gozgalmaýan emlägiň anyk bölegini peýdalanmagyň tertibi, diňe gozgalmaýan emläkden peýdalanmagyň tertibi hakynda umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň arasynda  degişli ylalaşyk bar mahaly ýa-da  olaryň ýazmaça razylygy bilen, ýa bolmasa gozgalmaýan emlägiň anyk böleklerini peýdalanmagyň tertibi hakynda kazyýetiň çözgüdi bar mahaly görkezilip bilner.

Ýaşaýyş jaýynyň anyk böleklerini (öýleri, otaglary)görkezmek bilen, umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň umumy ýaşaýyş jaýyndan peýdalanmagyň tertibi hakyndaky, şeýle hem ýer böleginden peýdalanmagyň tertibi hakyndaky ylalaşyk özbaşdak resminamany düzmek arkaly resmileşdirilip bilner.

Şeýle ylalaşyklar tassyklanylanda Gullugyň ýerli edarasynyň resminamasy we göz ýetirmek üçin, gozgalmaýan emläge hukuk belleýji resminama talap edilýär.

68. Döwlet notariusy gozgalmaýan emläge umumy eýeçilikdäki paýy  aýrybaşgalamak baradaky şertnama tassyklan mahaly paýy satyn alýan şahsa, eger gatnaşyjylaryň paýyna laýyklykda gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanan jaýlarynyň peýdalanylmagy hakynda gozgalmaýan emlägi umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň arasynda öň bolup geçen ylalaşyk notarial taýdan tassyklanylan hem-de Gullugyň ýerli edarasynda bellige alnan bolsa, şol eýeçiligiň bu gozgalmaýan emläge umumy eýeçilikde paýy satyn alan şahs üçin hem hökmanydygyny  düşündirýär.

69. Umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň, eger hukuk belleýji resminamada paýlaryň möçberi görkezilmedik ýa-da üýtgedilmäge degişli bolsa, paýlaryň möçberini bellemek baradaky ýa-da paýlaryň möçberini üýtgetmek baradaky ylalaşygy düzmäge haklydyr. Şeýle ylalaşyk özbaşdak resminamany düzmek arkaly hem, hukuk belleýji resminamada beýan etmek arkaly hem resmileşdirilip bilner.

Şeýle ylalaşyk hukuk belleýji  resminamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Umumy emläkdäki paýyň möçberini üýtgetmek babatda umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň arasyndaky jedel  kazyýet arkaly çözülýär.

Eger paýlaryň möçberini üýtgetmek umumy paýly eýeçilige gatnaşyjylaryň biri tarapyndan geçirilen goşmaça gurluşyk  (ýanaşyk gurmak, goşmaça gurmak we başgalar) ýa-da jaýyň bir bölegini ýykyp aýyrmak bilen baglanyşykly geçirilýän bolsa, döwlet notariusy goşmaça gurmak ýa-da jaýyň bir bölegini ýykyp aýyrmak  üçin etrabyň (şäheriň)ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň kararyny, Gullugyň ýerlerdäki edarasynyň resminamasyny we göz ýetirmek üçin hukuk belleýji  resminamany talap edýär.

Umumy paýly eýeçilige gatnaşyjy ölen halatynda paýlaryň möçberini üýtgetmek baradaky ylalaşyga, onuň mirasy kabul eden mirasdarlarynyň gatnaşmagynda tassyklanyp bilner.

70. Oba ilatly ýerlerinde gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnamalar notarial taýdan tassyklanylan mahaly, geleşikleriň tassyklanylmagynyň umumy kadalary berjaý edilýär.

Mundan başga hem, aýrybaşgalaýan emlägiň eýesi daýhan hojalygynyň agzasy bolsa, şeýle şertnamalar tassyklanylan mahaly  şular talap edilýär:

daýhan hojalygynyň kämillik ýaşyna ýeten ähli agzalarynyň gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamaga ýazmaça razylygy, kanunçylykda bellenilen halatlarda hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň ýazmaça razylygy;

öz ýerlerinde ýerleşen gozgalmaýan emläk aýrybaşgalanan halatynda daýhan birleşiginiň ýa-da beýleki oba hojalyk kärhanasynyň, ýazmaça razylygy (möçberini görkezmek bilen, mellek ýeriniň jaýy satyn alyjyda dolulygyna ýa-da kem-käsleýin saklanylyp galmagy hakynda), haçan-da ýer bölegi Ýer hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 25-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde berlen halatlar muňa girmeýär.

71. Gurluşygy tamamlanylmadyk jaýy aýrybaşgalamak baradaky şertnama ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň aýrybaşgalamak üçin rugsatnamasy bar mahaly tassyklanyp bilner.

Degişli bellige alyş döwlet edarasynyň resminamasyndan başga, görkezilen şertnama tassyklanylan mahaly gurluşygy tamamlanan ýaşaýyş jaýlary aýrybaşgalanan mahalyndaky ýaly resminamalar talap edilýär. Gurluşygy tamamlanylmadyk jaýyň gadagan etmegiň ýa-da gozgalmasyz etmegiň ýokdugy baradaky maglumatlary talap edilýär.

Şeýle şertnamanyň ýazgysynda aýratyn bölüm bilen şahsy eýeçilik hukugynda ýaşaýyş jaýyny gurmak hakyndaky şertnama arkaly göz öňünde tutulan borçnamany şol gozgalmaýan emlägi satyn alyjynyň öz üstüne alýandygy görkezilýär.

Gurluşygy tamamlanylmadyk gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak şertnamasy tassyklanylan mahaly, hukuk belleýji resminama hökmünde hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölegini peýdalanmaga bermek hakyndaky şertnamanyň görnüşi şertnama goşulýar we gozgalmaýan emlägi alyja berilýär.

72. Taraplaryň islegi boýunça gurluşygy ýykyp aýyrmak üçin aýrybaşgalamak baradaky şertnama tassyklanylan mahaly, gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak baradaky şertnamany resmileşdirmek üçin zerur bolan resminamalar talap edilýär.

Ýer bölegini boşatmak, ýykyp aýyrmaga gurluşygy aýrybaşgalamak üçin hökmany şert bolup durýandygy sebäpli, gurluşygy satyn alýan şol gurluşygy ýykyp aýyrmak üçin ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň kararyny we rugsatnamasyny döwlet notariusyna berýär. Kararyň we rugsatnamanyň bardygy hakynda şertnamada görkezilýär.

73. Aýrybaşgalaýany ömürlik ekläp-saklamak şerti bilen gozgalmaýan emlägi bermek şertnamalar, geleşikleriň tassyklanylmagyň umumy kadalaryny berjaý etmek bilen döwlet notariusy tarapyndan tassyklanýar.

Ömürlik ekläp-saklamak baradaky şertnamalar tassyklanylan mahaly şu Düzgünnamanyň 58-nji bölüminde beýan edilen kadalar ulanylmaýar.

Ömürlik ekläp-saklamak baradaky şertnama boýunça işe ukyply bolmasa-da, kämillik ýaşyna ýetmedik şahs gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalaýan bolup bilmez.

74. Ömürlik ekläp saklamak baradaky şertnamanyň ýazgysynda gozgalmaýan emläge eýelik edijiniň aýrybaşgalaýan ýaşaýyş jaýy, iýmit, ideg etmek we zerur kömegi bermek görnüşinde elin ýagdaýda ömürlik maddy üpjünçiligi bermelidigi hökman görkezilýär ýa-da maddy üpjünçiligiň pul bahasy kesgitlenilýär, ol bolsa taraplaryň ylalaşmagy bilen bellenilýär.

Ömürlik ekläp-saklamak bilen tassyklanylan şertnama degişli bellige alyş döwlet edarasynda bellige alynmaga degişlidir.

75. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça ömürlik ekläp saklamak baradaky şertnamanyň ýatyrylmagy döwlet notariusy tarapyndan şu Düzgünnamada beýan edilen kadalar boýunça resmileşdirilýär. Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalaýan ömürlik ekläp saklamak baradaky şertnamanyň görnüşine goşulan, döwlet notarial edarasynyň işlerinde bolan, gozgalmaýan emläge hukuk kesgitleýän resminama ýa bolmasa onuň öwezligi gaýtarylyp berilýär.  

76. Ýaşaýyş jaý şereketine (jaý-gurluşyk kooperatiwiniň) degişli bolan gozgalmaýan emläk babatda satyn almak-satmak şertnamalara, eger degişli guramalaryň tertipnamasy (düzgünnamasy) bilen ýaşaýyş jaýlaryny satmak hukugy göz öňünde tutulan bolsa, şeýle şertlerde tassyklanylýar. Şunda, döwlet notariusy ýaşaýyş jaýynyň şol gurama degişlidigi hakyndaky resminamany, degişli bellige alyş döwlet edarasynyň resminamasyny talap edýär.  

77. Daýhan birleşigi tarapyndan oňa degişli gozgalmaýan emlägi satmak baradaky şertnama daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynyň ýa-da daýhan birleşiginiň muňa ygtyýarly edilen edarasynyň jaýy satmak hakyndaky karary bar mahaly tassyklanylýar.

78. Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny  hususylaşdyrmak:

1) hususylaşdyrmagyň subýektleriniň eýeçiligine göni (salgyly) berilmegi görnüşinde – muzdsuz, ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy ýaşaýyş jaýyny muzdsuz göni (salgyly) bermek şertnamasy bilen resmileşdirilýär.

2) hususylaşdyrmagyň subýektleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň satyn alynmagy görnüşinde, ýaşaýyş jaýyny satyn almak hakynda şertnama bilen resmileşdirilýär.

3) hususylaşdyrmagyň subýektleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň bäsleşikli söwdada satyn alynmagy görnüşinde, ýaşaýyş jaýyny bäsleşikli söwda arkaly satyn almak-satmak şertnamasy bilen resmileşdirilýär.

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna göçmäge rugsatnamasy bolan adamlaryň öýüni hususylaşdyrmak şertnamasy döwlet notariusy tarapyndan  şu resminamalar esasynda tassyklanylýar:

ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak boýunça ygtyýarly edilen degişli edaranyň (etrabyň, şäheriň, şäherdäki etrabyň häkimligi, Geňeşler, garamagynda ýaşaýyş jaý gory bolan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, kärhanalar, guramalar, edaralar) çözgüdi;

degişli edaranyň öz wekiliniň adyna beren ynanç haty;

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna göçmäge rugsatnamany we eger gozgalmaýan emlägi hususylaşdyrmak, göçýäniň derejesi boýunça geçirilýän bolsa, oňa göçýäniň derejesini bermek hakyndaky resminamany. Şertnamasynyň görnüşine goşmak bilen notarial tertibinde tassyklanylan, notarial edarasynda galdyrylan rugsatnamanyň nusgasyny;

4 asyl nusgada satyn almak-satmak, ýaşaýyş jaýlaryny mugt bermek şertnamalaryny;

hususylaşdyrylýan ýaşaýyş jaýynyň bahasy hakyndaky baha kesiş güwänamasyny;

hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýynyň bahasynyň tölenilendigi baradaky resminamany, ol döwlet notarial edarasynda galdyrylýan şertnamanyň görnüşine goşulýar;

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda döwlet pajynyň tölenilendigi baradaky töleg haty.

79. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy notarial taýdan tassyklanylmaga degişlidir.

Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda şular bolmalydyr:

1) paýly gurluşygyň obýektiniň ady;

2) ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ulanylmaga berilmeginiň möhletleri;

3) paýly gurluşygyň obýektiniň bahasy;

4) taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi;

5) paýly gurluşygyň obýektiniň bahasynyň möçberi we töleniş möhletleri, şeýle hem paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy ýatyrylan mahalynda paýçynyň pul serişdelerini yzyna gaýtarmagynyň şertleri we tertibi;

6) gurujyda (potratçyda) gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin ygtyýarnamasynyň bardygy hakynda maglumatlar;

7) paýly gurluşygyň obýektiniň hiliniň kepilligi.

Şertnamanyň ýanyna paýly gurluşygyň obýektiniň häsiýetnamasy we paýçy tarapyndan tapgyrlaýyn tölemeli tölegleriň tertibi goşulmalydyr.

Şertnama döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.

Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça tassyklanylýar.

 

4. Berginiň başga birine geçmegi barada şertnamany

 tassyklamak

 

80. Üçünji şahs algydar bilen şertnama baglaşmak esasynda bergini ilki başky bergidaryň ornuny tutar ýaly özüne kabul edip biler.

Bergini başga birine bermek ýa-da bergini geçirmek barada şertnama tassyklanylanda, taraplaryň ýazmaça arzalary esasynda, döwlet notariusy Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 475-478 maddalarynyň talaplaryny berjaý etmek bilen aşakdaky resminamalary talap edýär:

berginiň  başga birine geçirilen ýagdaýynda algydaryň hem borjy geçirmeklige razylygy;

borçnama gelip çykýan resminamanyň (girew barada şertnama, karz  şertnamasy, zamunlyk şertnamasy we ş.m.) asyl nusgasy;

emläge (emläk hukugyna) nika döwründe edinilen bolsa, äriniň (aýalynyň) razylygy barada arza;

eger-de emläk (emläk hukugy) umumy emläk bolup durýan bolsa, beýleki eýeleriniň razylygy barada arza;

ýazgyda durýan kämillik ýaşyna ýetenlerden razylyk arza.

Eger-de taraplar ýuridik şahs bolup durýan bolsa, goşmaça  şu resminamalar talap edilmeli:

ýuridik şahsyň şeýle görnüşli şertnamany baglaşmagy barada ygtyýarly edaranyň çözgüdini tassyklaýan resminama (buýruk, teswirnamadan göçürme we ş.m.);

ýuridik şahsy hasaba almak barada şahadatnama, ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamalary, şeýle hem wekiliň (ýolbaşçynyň) ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamalar.

Gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalamagy hakyndaky geleşige gadaganlyk bar wagtynda diňe berginiň zat edinýäne geçirilmegine algydaryň we zat edinýäniň razylygy bolanda tassyklanylyp bilner. Şunda bellige alyş döwlet edarasyndan gozgalmaýan emläk babatda degişli resminama talap edilmelidir.

Berginiň başga birine geçmegi barada şertnama gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça tassyklanylýar.

 

5. Aliment tölemek hakynda şertnamany tassyklamak

 

81. Aliment tölemek hakynda şertnama notarial taýdan tassyklanylmaga degişlidir.

Türkmenistanyň Maşgala Kodeksiniň 163-nji maddasyna laýyklykda, aliment tölemek hakynda şertnama aliment tölemäge borçly adam bilen ony alýan adamyň arasyndaky meýletin ylalaşyk boýunça, aliment tölemäge borçly adamyň ýa-da aliment alýanyň kämillik ukyby ýok bolan mahalynda - ol adamlaryň kanuny wekilleriniň arasynda baglaşylyp bilner. Kämillik ukyby çäklendirilen adamlar aliment tölemek hakynda şertnamany öz howandarlarynyň razylygy bilen baglaşýarlar.

Aliment tölemek hakynda şertnama aliment tölemäge borçly adamyň, aliment alýanyň we ekläp-saklamak üçin aliment tutulyp alynýan çaga hakynda maglumatlaryny, alimentiň möçberini, ony tölemegiň şertlerini we tertibini görkezmek bilen ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

Aliment tölemek hakynda şertnama taraplaryň özara ylalaşygy boýunça islendik wagtda üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Şertnamanyň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy hökman aliment tölemek hakynda şertnama baglaşylandaky ýaly görnüşde we tertipde geçirilmelidir. Aliment tölemek hakynda şertnamany ýerine ýetirmekden bir taraplaýyn ýüz dönderilmegine ýa-da onuň şertleriniň bir taraplaýyn üýtgedilmegine ýol berilmeýär.

Aliment tölemek hakynda şertnama boýunça tölenilýän alimentiň möçberi taraplar tarapyndan kesgitlenilýär. Bellenilýän alimentiň möçberi Türkmenistanyň Maşgala Kodeksiň 144-nji maddasyna laýyklykda kazyýet tertibinde aliment tutulyp alnan mahalynda alyp biljek alimentiniň möçberinden az bolmaly däldir we aliment tölemegiň usullary we tertibi şol şertnama bilen kesgitlenilýär.

Aliment her aýda tölenilýän kesgitlenen pul möçberindäki, bir wagtlaýyn tölenilýän kesgitlenen pul möçberindäki, emläk bermek arkaly, şeýle hem özleri babatda şertnama baglaşylan başga usullar bilen tölemäge borçly adamyň girdejisine göterim gatnaşygynda tölenilip bilner hem-de aliment tölemegiň dürli usullarynyň utgaşdyrylmagy göz öňünde tutulyp bilner.

Şertnama tassyklananda, döwlet notariusy tarapyndan garyndaşlyk gatnaşyklaryny tassyklaýan resminamalary talap edýär we onuň nusgasy döwlet notarial edarasynda galdyrylýan resminamalara goşulýar.

 

6. Nika şertnamany tassyklamak

 

82. Nika şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylyp, notarial tertibinde tassyklanylmaga degişlidir.

Nika şertnamasy nika baglaşmak isleýän adamlar ýa-da är-aýal tarapyndan meýletin baglaşylýan, nikada ýa-da ol bozulan halatynda olaryň emläk hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän ylalaşykdyr. Nika şertnamasy nikany baglaşmagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli ýa-da nikada durulýan döwrüň içinde islendik wagtda baglaşylyp bilner.

Nikany baglaşmagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli baglaşylan nika şertnamasy nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan gününden başlap güýje girýär.

Nika şertnamasy är-aýalyň ylalaşmagy boýunça islendik wagt üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Nika şertnamasyny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda ylalaşygyň tassyklanylmagy edil nika şertnamasynyň tassyklanylşy ýaly görnüşde we tertipde amala aşyrylýar.

Nika şertnamasyny ýerine ýetirmekden ýa-da üýtgetmekden bir taraplaýyn ýüz dönderilmegine ýol berilmeýär.

Nika şertnamasynyň hereketi Maşgala Kodeksiň 28-nji maddasyna laýyklykda nikanyň bozulan pursatyndan bes edilýär.

Bilelikde nikada durýan är-aýalyň arasynda nika şertnamasy tassyklananda, döwlet notariusy nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasyny işde galdyrmak üçin talap etmelidir.

Nika şertnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada ylalaşyk tassyklanylanda, ol esasy nika şertnamasyna bellenilen tertipde çatylmalydyr.

 

7. Emlägi girewe goýmak hakyndaky şertnamalary tassyklamak

 

83. Raýat dolanşygyndan aýrylmaly edilmedik yzyna alynmadyk her bir emläk (kärhanalar, jaýlar, desgalar, enjamlar, beýleki önümçilik fondlary, gymmat bahaly kagyzlar, pul serişdeleri), (şolara bolsa Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda  tutup almak çäresi ulanylýar), şeýle hem emläk baradaky hukuklar, intellektual  eýeçilige degişli zatlar girew goýulýan zat bolup biler, şeýle hem  emläk hukuklary, intellektual eýeçiligiň desgalary girew goýulýan zat bolup biler.  

Kärhananyň ýa-da onuň düzüm birlikleriniň gozgalmaýan emlägini, binalaryny we desgalaryny, köp ýyllyk agaç nahallaryny, dolanşykdaky ýa-da gaýtadan işlemekdäki harytlary girewe goýmak hakyndaky şertnamalar hökmany suratda notarial taýdan tassyklanylmaga degişlidir. Gozgalmaýan emlägi ýa-da döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi girewe goýmak hakyndaky geleşikleri tassyklamak görkezilen emlägiň ýerleşýän ýa-da hasaba alnan ýeri boýunça geçirilýär.  

84. Gozgalýan zatlary we gymmatly kagyzlary girewe goýmagyň tertibi Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 268-nji maddasy bilen bellenilen.

85. Dolanşykda ýören ýa-da gaýtadan işlenilýän harytlary (çig mal, ýarym fabrikatlar, üpjün ediji önümler, taýýar önümler we şonuň ýaly zatlar) (haryt zapaslarynyň, çig malyň, materiallaryň, ýarym fabrikalaryň, taýýar önümleriň we ş.m.) girewe goýmak hakyndaky şertnamalar kärhananyň ýerleşýän ýeri boýunça tassyklanylýar.

86. Gozgalmaýan emlägi girewe goýmak hakyndaky döwlet belligine alynmaga degişli şertnamalar, döwlet notariusy tarapyndan eýäniň girewe goýulýan emläk babatynda eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamalar berlen şertlerinde tassyklanylýar.

Gozgalmaýan emlägi girewe goýmak hakyndaky şertnamalar tassyklanylan mahaly döwlet notariusy tarapyndan degişli bellige alyş döwlet edarasynyň resminamasy talap edilýär.

Döwlet kärhanasynyň, onuň düzüm birliginiň bir bitewi emläk toplumyny, binalary we desgalary girewe goýmak hakyndaky şertnamalara döwlet notariusy tarapyndan, degişli döwlet emlägini dolandyrmaga ygtyýarly edilen edara bilen ylalaşylan şertlerde we rugsatnamalar bar mahaly tassyklanylýar, ýagny döwlet kärhanalary döwlet emläginiň esasy serişdeleri girewe goýlan mahaly munuň üçin Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň rugsatnamasyny almalydyr.

87. Umumy bilelikdäki eýeçilikde bolan emläk diňe ähli eýeleriň razylygy bilen girewe berlip bilner.

Eýe tarapyndan umumy paýly eýeçilikdäki öz paýyny girewe goýmagy eger eýeçiligiň häsiýeti (onuň bölünýändigi) muňa ýol berýän bolsa, beýleki eýeleriň razylygyny talap etmeýär.

Öýüň eýesi bilelikde ýaşaýan, kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň razylygy bilen ony girewe berip biler.

Girew goýmak hakyndaky şertnama tassyklanylanda  şu Düzgünnamanyň 56, 57-nji bölümlerinde beýan edilen kadalar hem ulanylýar.

88. Bank bilen girew berijiniň arasyndaky girewe goýmak hakyndaky şertnamasy döwlet notariusy tarapyndan, taraplaryň döwlet notarial edarasyna şulary beren mahaly tassyklanylýar:

nusgasyny galdyrmak bilen, bankyň karz bermegi hakyndaky karz şertnamasyny;

döwletiň emlägi girewe goýlan mahaly, esasy serişdeleri girewe goýmak üçin Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň rugsatnamasyny;

dört görnüşde girew şertnamasyny;

girewe berilýän emlägiň teswirini (eger şertnamanyň ýazgysynda girewe berlen emlägiň sanawy dolulygyna görkezilmedik bolsa);

girewe goýulýan zat bolup durýan emlägiň bahasy hakyndaky nyrh kesiş ykrar hatyny;

girewe goýulýan zat bolup durýan emlägi ätiýaçlandyrmak hakyndaky resminamany;

döwlet pajynyň tölenendigi  baradaky töleg hatyny.

89. Girew şertnamasy tassyklanylan mahaly girew goýulýan emlägiň baha kesiş pul möçberi onuň peýdalanylandygy üçin göterimler bilen bilelikde esasy karzyň pul möçberinden pes bolmaly däldir.

90. Emläk girewe goýlan mahaly bergidaryň özi hem, üçünji tarap hem girew beriji bolup biler.

Zamunlyk şertnamasy boýunça, zamunçy üçünji tarapyň karzdarynyň öňünde onuň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin jogap berýär, şonda zamunçynyň jogapkärçiliginiň doly derejedäki mukdar taýdan kesgitlenilen pul möçberi görkezilýär.

Şeýle şertnama taraplaryň islegi boýunça notarial taýdan tassyklanylyp bilner.

91. Döwlet notariusy gozgalmaýan emlägi girewe goýmak hakyndaky şertnamany tassyklamak bilen birwagtyň özünde şu Düzgünnamanyň 165-168-nji bölümlerinde beýan edilen kadalar boýunça olary aýrybaşgalamagy gadagan etmegi girizýär.  

Döwlet kärhanalaryndan başga kärhanalaryň (hojalyk we paýdarlar jemgyýetleriniň, hem-de gaýry kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň kärhanalarynyň we başgalaryň) emlägi girewe goýlan mahaly, eger kärhananyň tertipnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, bilelikdäki işi amala aşyrýan ähli şahslaryň girewe goýmaga razylygy zerurdyr.

Şu halatlarda olaryň umumy ýygnagynyň bilelikdäki işi amala aşyrylýan ähli şahslaryň emlägi girewe goýmaga razylygy hakyndaky teswirnamasy talap edilýär.

Kärendeçiniň maşgalasynyň, daýhan hojalygynyň agzalarynyň emlägi girewe goýlan mahaly, olaryň emlägi girewe goýmaga razylygy talap edilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gozgalmaýan emläge degişli edilen emläk girewe goýlan mahaly girew beriji öz hasabyna girewe goýulýan emlägi onuň doly gymmatyna laýyk ätiýaçlandyrmaga borçludyr.

 

8. Ýaşaýyş jaýlaryny kireýine bermek şertnamalary tassyklamak

 

92. Taraplaryň islegi boýunça eýeçilik hukugynda fiziki we ýuridik şahslara degişi jaýlarda (öýlerde) ýaşaýyş jaýlaryny kireýine bermek şertnamalary tassyklanylan mahaly döwlet notariusy fiziki şahslardan ýuridik tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin bellige alyş şahadatnamalaryny, salgyt edarasy tarapyndan berlen patenti, ýuridik tarapdan bolsa dörediş resminamalaryny talap edýär. Şeýe hem, kireýine berilýän ýaşaýyş jaýynyň kireýine berijä degişlidigi hakyndaky hukuk belleýji resminamany, onuň nusgasyny goşmak bilen, kireýine tabşyrylýan ýaşaýyş jaýynyň gozgalmasyz ýa-da gadagan edilmeginiň ýokdugy hakyndaky resminamany talap edýär.

Eger kireýine berilýän ýaşaýyş jaýy är-aýalyň umumy eýeçiligi bolsa, şu Düzgünnamanyň 56, 57-nji bölümlerinde beýan edilen kadalar ulanylýar.

Üzňeleşdirilen we üzňeleşdirilmedik ýaşaýyş jaýy, beýleki otag bilen umumy girelgesi bolan otag, şeýle hem otaglar fiziki we ýuridik şahslara degişli bolan jaýda ýa-da öýde kireýine bermek şertnamalaryna degişli zatlar bolup biler. Ýaşamak üçin ýaramsyz jaýlar, ýerzeminler we başgalar, kömekçi jaýlar (aşhana, zat goýulýan jaý we başgalar) kireýine tabşyrmak şertnamasyna degişli özbaşdak zatlar bolup bilmez, olar diňe ýaşaýyş jaýy bilen bilelikde kireýine berilýär.

93. Ýaşaýyş jaý şereketiniň (jaý-gurluşyk kooperatiwiniň) agzasynyň adyndan oňa berlen ýaşaýyş jaýyny kireýine bermek şertnamasy tassyklanylan mahaly döwlet notariusy şereketiň müdiriýetiniň we kireýine beriji bilen bile ýaşaýan kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň muňa ýazmaça razylygyny talap edýär. Maşgala agzasy diýen düşünje Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine laýyklykda kesgitlenilen.

Ýaşaýyş jaýy kireýine (kireý üçin) belli bir möhlete, şol sanda kireýine beriji bolmadyk wagty şol jaýyň saklanylyp galynýan döwrüne tabşyrylýar.

 

9. Awtoulag serişdelerini, beýleki özi ýöreýän ulaglary we mehanizmleri aýrybaşgalamak baradaky şertnamalary tassyklamak

 

94. Awtoulag serişdelerini, beýleki özi ýöreýän ulaglary we mehanizmleri  aýrybaşgalamak baradaky şertnamalary döwlet notariuslary tassyklaýarlar.

Awtoulag serişdelerini, beýleki özi ýöreýän ulaglary we mehanizmleri  aýrybaşgalamak baradaky şertnamalary aýrybaşgalamak emläge eýeçilik hukugyny we onuň degişli edaralarda hasaba alnandygyny tassyklaýan resminamalary berlen şertlerinde tassyklanylýar.

Hasaba alynmadyk awtoulag serişdelerini, beýleki özi ýöreýän ulaglary we mehanizmleri aýrybaşgalamaga ýol berilmeýär.

95. Är-aýalyň umumy eýeçiligi bolup durýan awtoulag serişdelerini, beýleki özi ýöreýän ulaglary we mehanizmleri aýrybaşgalamak baradaky şertnamalar tassyklanylan mahaly şu Düzgünnamanyň 59, 60-njy bölümleri bilen göz öňünde tutulan kadalar ulanylýar.

Är-aýalyň biri tarapyndan är-aýalyň umumy gozgalýan emlägine ygtyýarlyk etmek boýunça geleşikler amala aşyrylanda, ol är-aýalyň beýlekisiniň razylygy bilen hereket edýär diýlip hasaplanylýar.

Är-aýalyň biri tarapyndan är-aýalyň umumy gozgalýan emlägine ygtyýarlyk etmek boýunça amala aşyrylan geleşik, är-aýalyň beýlekisiniň razylygy bolmandygy sebäpli, diňe razylygy alynmadyk äriniň (aýalynyň) talap etmegi boýunça we geleşigiň beýleki tarapy bu geleşigi amala aşyrmaga är-aýalyň beýlekisiniň razylygynyň ýokdugyny bilen ýa-da görnetin bilmeli bolandygy subut edilen halatlarynda kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

96. El bilen dolandyrylýan, ýeňillikli şertlerde maýyplar tarapyndan satyn alnan ýeňil awtoulaglary aýrybaşgalamak şertnamalary diňe Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň we onuň garamagyndaky welaýat edaralarynyň rugsatnamasy bar mahaly notarial taýdan tassyklanyp bilner.

97. Howa gämileri, katerleri, ýahtalary, hereketlendirijili gaýyklary aýrybaşgalamak baradaky şertnamalar şu Düzgünnamanyň 94, 95-nji  bölümlerinde göz öňünde tutulan kadalary berjaý etmek bilen tassyklanylýar.

Döwlet notariusy görkezilen şertnamalary tassyklan mahaly görkezilen ulag serişdesini bellige almak we hasaba almak üçin olaryň degişli edaralara berilmeginiň zerurdygyny düşündirýär, bu barada şertnamada görkezýär.

 

10. Ýaşaýyş jaýlaryny alyş-çalyş şertnamalaryny tassyklamak

 

98.Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjy özi bilen ýaşaýan kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň, şol sanda wagtlaýyn bolmadyklaryň ýazmaça razylyk bermekleri arkaly ýaşaýan ýaşaýyş jaýyny ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň, döwletiň, ýaşaýyş jaý şereketleri we jemgyýetçilik guramalarynyň öýlerinde ýerleşýän başga bir ýaşaýyş jaýyna çalyşmaga, şonuň ýaly-da adamlaryň hususy eýeçiligindäki jaýa çalyşmaga hukugy bardyr.

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň jaýlarynda ýaşaýyş jaýyny adamlaryň hususy eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýyna çalyşmak üçin döwlet notarial edarasyna çalyşmaga rugsat berlendigi hakynda şäheriň (etrabyň) häkimliginiň karary, ýaşaýyş jaýyň hususy eýeçilige degişlidigi baradaky hukuk belleýji resminama, degişli bellige alyş döwlet edarasynyň resminamasy, gadagan etmäniň ýa-da gozgalmasyz etmäniň ýokdugy barada resminamasy talap edilýär.

Alyş-çalyş şertnamalary tassyklanylan mahaly şu Düzgünnamanyň 56, 57-nji bölümlerinde göz öňünde tutulan kadalar ulanylýar.

Eger jaýlaryň çalşylmagy netijesinde kireýine alyjynyň ýaşaýyş meýdanynyň ölçegi ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçleriň hasabyna almak üçin bellenen kadalardan az bolup çyksa, alyş-çalyş şertnamasynyň tassyklanylmagyna ýol berilmeýär.Muňa ýaşaýyş jaýlaryny maşgalany, ýagny är-aýaly, işe ýarawsyz ata-enäniň çagalary bilen, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary ata-enesi we başgalar bilen birikdirmek zerurlygy zerarly çalyşmak halatlary girmeýär.

  Döwlet notariusy tarapyndan Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň ýokarda görkezilen kadalarynyň bozulmagy ýüze çykarylan halatynda Kanunyň 35-nji maddasy ulanylýar.

 

11. Wesýetnamalary tassyklamak

 

99. Wesýetnama onuň düzülen ýerini we senesini görkezmek bilen, wesýetnama düzülen pursatda öz hereketlerine baha berip we öz erk-islegini ýazmaça görnüşde aýdyň beýan edip bilýän kämillik ukyby bolan şahs tarapyndan düzülmelidir. Şunda ýazmaça wesýetnama notarial görnüşinde ýa-da şonsuz ýol berilýär. Wesýetnamanyň notarial görnüşi, wesýetnamanyň wesýet ediji tarapyndan düzülmegini we gol çekilmegini hem-de döwlet notariusy tarapyndan, döwlet notariusy bolmadyk ýerinde bolsa, Kanunyň 35, 36, 37-nji maddalarynda görkezilen, görkezilen wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanylmagyny talap edýär.

Birnäçe şahslaryň adyndan, şeýle hem wekiliň üsti bilen bir wesýetnama tassyklamaklyga ýol berilmeýär.

Diňe är-aýal bilelikde miras edinmek hakynda bilelikdäki wesýetnamany düzüp biler.

100. Wesýetnamanyň wesýet edijiniň sözleri boýunça iki şaýadyň gatnaşmagynda döwlet notariusy tarapyndan ýazylmagyna ýol berilýär. Wesýet edijiniň sözleri boýunça döwlet notariusy tarapyndan ýazylan wesýetnamany wesýet ediji okamalydyr we oňa döwlet notariusynyň hem-de şaýatlaryň gatnaşmagynda gol çekmelidir. Wesýetnamanyň ýazgysy beýan edileninden soň şaýatlaryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, ýaşaýan ýerini, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň maglumatlaryny görkezilmelidir. Soňra wesýet ediji we şaýatlar wesýetnamanyň ýazgysyna gol çekýärler.

Döwlet notariusy tassyklaýjy ýazgysynda şaýatlaryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny görkezmek bilen, wesýetnamanyň olaryň gatnaşmagynda düzülendigini we olaryň gol çekendigini görkezýär. Şeýle hem, tassyklaýjy ýazgysynda wesýet edijiniň we şaýatlaryň şahsyýetleriniň anyklanylandygy barada bellik edilýär.

101. Haçan-da wesýet ediji beden ýetmezçiligi, keselligi ýa-da haýsy hem bolsa başga sebäpler netijesinde wesýetnama öz eli bilen gol çekip bilmese, şeýle halatlarda onuň haýyşy boýunça şol wesýetnama wesýet edijiniň özüniň, şaýatlaryň we döwlet notariusynyň  gatnaşmagynda başga şahs gol çekip biler. Şunda wesýet edijiniň wesýetnama gol çekip bilmezliginiň sebäbi görkezilmelidir.

Zerur halatlarda döwlet notariusy, ýüz tutan şahsyň wesýetnama gol çekip bilmeýändiginiň sebäbi kesel ýa-da haýsydyr bir beden ýetmezçiligi bolsa, şol sebäpli adamyň wesýetnama gol çekip bilmeýändigini tassyklaýan saglyk ýagdaýy hakynda, onuň ýaşaýan ýerindäki saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň goly we tugraly möhri bilen berkidilen kepilnamasyny talap edip biler.

Wesýetnamanyň ýazgysy beýan edileninden soň, wesýet edijiniň deregine başga şahsyň gol çekendigini,  wesýet edijiniň wesýetnama gol çekip bilmezliginiň sebäplerini  we onuň hut özüniň haýyş etmegi boýunça, döwlet notariusynyň gatnaşmagynda wesýetnama beýleki şahsyň we şaýatlaryň gol çekendigini görkezmek bilen, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalar barada maglumatlary, familiýalary, atlary we atalarynyň atlary görkezilýär.

Öz peýdasyna emläk wesýet edilýän şahsyň, wesýetnama düzülen mahaly şol ýerde bolmagyna we wesýet edijiniň ýerine gol çekmegine ýol berilmeýär. Emläk wesýet edilýän adamyň wesýetnamanyň tassyklanylmagyna gatnaşmagyna diňe wesýet edijiniň isleginiň bolmagynda ýol berilýär.

Tassyklaýjy ýazgysynda wesýet edijiniň hut özüniň wesýetnamа gol çekip bilmändiginiň sebäbi we onuň hut özüniň haýyşy boýunça beýleki şahsyň, şaýatlaryň gol çekendigi olaryň familiýasyny, adyny, atalarynyň atlaryny görkezmek bilen hem-de olaryň şahsyýetiniň kesgitlenilendigi hakyndaky bellik bilen görkezilýär.  

102. Eger wesýet ediji  ker-lal ýa-da ol ker-lal we sowatsyz bolsa, ol iki sany şaýadyň we işiň özenini oňa düşündirmäni başarýan şahsyň gatnaşmagynda, şol ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminamanyň berilmegi bilen, döwlet  notariusynyň ýanynda wesýetnama buýrugyny etmelidir. Şonda, ýörite düşünjesi bolan şahsyň wesýetnamanyň mazmunynyň wesýet  edijiniň erkine laýyk gelýändigini  öz goly bilen tassyklamalydyr.

Wesýetnamanyň ýazgysy beýan edileninden soň şaýatlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň maglumatlary, wesýetnamanyň mazmunyny wesýet edijiniň sözlerinden adamlaryň şu topary bilen pikir alyşmak boýunça ýörite düşünjesi bolan şahsyň beýan edendigi görkezilýär. Wesýetnama şaýatlaryň gatnaşmagynda, wesýet ediji, şaýatlar we wesýetnamanyň mazmunyny beýan eden şahs gol çekýärler.

Tassyklaýjy ýazgysynda wesýet edijiniň haýyşy boýunça döwlet notariusynyň hem-de şaýatlaryň gatnaşmagynda wesýetnamanyň mazmunyny oňa düşündirip bilýän şahsyň (familiýasy, ady, atasynyň ady) beýan edendigi, wesýet edijiniň, wesýetnamanyň mazmunyny beýan eden şahsyň, şaýatlaryň gol çekendigini, olaryň şahsyýetleriniň anyklanylandygy görkezilýär.

103. Wesýet ediji  kör ýa-da sowatsyz bolsa, üç sany şaýadyň gatnaşmagynda döwlet notariusynyň ýanynda wesýetnama buýrugyny etmelidir, bu barada degişli ýazgy edilip oňa okap berilmelidir.

Ýazýan we okap berýän şaýatlar hökminde bolup biler,  ýöne  ýazýan okap beriji bolmaly däldir.

Wesýetnamanyň ýazgysy beýan edileninden soň şaýatlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň maglumatlary, wesýetnamanyň  wesýet edijiniň sözlerinden şaýat (familiýasy, ady, atasynyň ady) tarapyndan ýazylandygy, şaýat (familiýasy, ady, atasynyň ady) tarapyndan okalandygy görkezilýär. Wesýetnamanyň ýazgysyna ähli şaýatlar gol çekýärler.

Tassyklaýjy ýazgysynda wesýet edijiniň sowatsyzlygy (körlügi) sebäpli onuň hut özüniň haýyşy boýunça wesýetnamanyň şaýat (familiýasy, ady, atasynyň ady) tarapyndan ýazylandygy, şaýat (familiýasy, ady, atasynyň ady) tarapyndan okalandygy we döwlet notariusynyň gatnaşmagynda şahsyýeti anyklanylan ähli şaýatlar tarapyndan gol çekilendigi görkezilýär.

104. Kämillik ýaşyna ýetmedik, kämillik ukyby bolmadyk şahslar, wesýetnama boýunça mirasdarlar we olaryň ata-babalaryna barýan hatar boýunça we şolardan tä soňky nesle çenli garyndaşlary, uýalary, doganlary, äri-aýaly, we wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi alyjy (legatoriý) wesýetnamanyň şaýatlary bolup bilmezler.

105. Wesýet ediji öz eli bilen ýazan we gol çeken wesýetnamany agzy ýapylan bukjada döwlet notariusyna (ýa-da beýleki degişli wezipeli adama) üç  şaýadyň gatnaşmagynda gowşuryp biler, bu barada bukjanyň ýüzünde onuň goly bilen tassyklanylýar.  

Wesýet ediji tarapyndan ýazylan we gol çekilen wesýetnamany döwlet notariusy agzy ýapylan bukjada üç sany şaýadyň gatnaşmagynda saklamak üçin kabul edýär, bu barada wesýet edijiniň we şaýatlaryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, ýaşaýan ýerini, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlaryny görkezmek bilen, sanawda görkezilýär, wesýet ediji we şaýatlar  bukja öz gollaryny goýmalydyrlar. Bukjany döwlet notariusy tarapyndan möhürlenýär.

Döwlet notariusy wesýet edijä wesýetnamany bukjada saklamak üçin kabul edilendigi hakynda şahadatnama berýär. Wesýetnamany saklamak üçin kabul edilendigi hakynda şahadatnamada wesýet edijiniň (familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlary) üç şaýadyň (olaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, olaryň şahsyýetini tassyklaýan  resminamanyň maglumatlary, gowşurylan senesi görkezilýär) gatnaşmagynda wesýetnamany agzy ýapylan bukjada onda wesýet edijiniň we şaýatlaryň gol çekmekleri bilen döwlet notarial edarasyna saklamak üçin berendigini görkezýär.

106. Wesýet edijiniň islegine görä, şaýatlar wesýetnamanyň mazmuny bilen tanyşman, (ýapyk wesýetnama) ony tassyklamalydyr. Şeýle ýagdaýda şaýatlar wesýetnama düzülende gatnaşmalydyr.

Ýapyk wesýetnama tassyklananda şaýatlar özleriniň gatnaşmagynda wesýet edijiniň özi tarapyndan  wesýetnamanyň  düzülendigini, emma onuň mazmunynyň özlerine nämälimdigini görkezmelidirler.

Döwlet notariusy ýapyk wesýetnamany saklamak üçin kabul eden mahaly wesýet edijä, eger miras açylan wagty döwlet notariusy wesýetnamanyň ýazgysynda Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelýän görkezmäni ýüze çykarsa, şol wesýetnamanyň ýerine ýetirilmäge degişli däldigini düşündirmelidir.

Içine ýapyk wesýetnama salnan bukja şaýatlar gol çekýärler, ol beýleki bukja ýerleşdirilýär, şol bukjada bolsa şu mazmundaky ýazgy ýazylýar:

«Biz şaýatlar (familiýasy, ady, atasynyň ady, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlary, ýaşaýan ýeri görkezilýär) wesýet edijiniň (familiýasy, ady, atasynyň ady) islegi boýunça ol wesýetnama düzende şoňa gatnaşdyk, wesýetnamanyň mazmuny bilen tanyş bolmadyk, wesýetnamanyň wesýet ediji tarapyndan  biziň gatnaşmagymyzda düzülendigini tassyklaýarys». Şaýatlar şol ýazga gol çekýärler. Şondan soň döwlet notariusy tassyklaýjy ýazgysyny ýazýar, şonda wesýetnama düzülen mahaly şaýatlaryň (olaryň familiýasy, ady, atasynyň ady) gatnaşandygyny, olaryň  wesýetnamanyň wesýet edijiniň hut özi tarapyndan  özleriniň gatnaşmagynda düzülendigini tassyklandyklaryny, bu barada olaryň gol çekendigini, ýöne olara wesýetnamanyň mazmunynyň mälim däldigini we wesýetnama döwlet notariusynyň gatnaşmagynda wesýet ediji tarapyndan gol çekilendigini görkezýär.

Wesýetnamalary bellige alyş elipbiý kitabynda we Ýapyk wesýetnamalary bellige alyş kitabynda bellige alynýar.

107. Wesýetnama düzülende, wesýet edijiniň görkezmesi düşnükli we aýyl-saýyl sözler bilen, resminamanyň mazmunyna degişli sanlar iň bolmanda bir gezek söz bilen ýazylyp, beýan edilmelidir, familiýalar, atlar we atasynyň atlary, ýaşaýan ýerlerini görkezmek bilen doly ýazylmalydyr.

Wesýetnama tassyklanylanda döwlet notariusy Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1130-njy maddasyny (hökmany paýy) wesýet edijä düşündirmelidir.

108. Wesýetnama tassyklanylanda wesýet edijiden onuň wesýet edýän emlägine bolan hukugyny tassyklaýan subutnama görkezmegi talap edilmeýär.

Döwlet notariusy wesýetnamada ulanylýan Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän görkezmeleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlaýar.

Ýaşaýyş jaýy, öý ýa-da başga jaý geçýän mirasdara, miras ýüze çykýança  azyndan bir ýyl miras galdyryjy bilen bilelikde ýaşaýan adama  jaýdan ýa-da onuň belli bir böleginden ömürlik peýdalanmak hukugy berilmegi ýüklenip bilner.      

Wesýetnama emläk  häsiýetindäki, hem emläk däl häsiýetindäki hem görkezmeler (miras galdyryjyny jaýlamagy geçirmegiň tertibi, kämillik ýaşyna ýetmedige howandarlyk bellemek islegi, haýsydyr bir umumy ýagdaýdaky peýdaly  maksatlary amala aşyrmaga gönükdirilen hereketleri ýerine ýetirmek hakyndaky) goşulyp bilner.

Wesýet ediji mirasdarlaryň birini, birnäçesini ýa-da ählisini wesýetnama boýunça mirasdan mahrum edip biler we şony esaslandyrmaga borçly däldir.

109. Döwlet notarial edarasynda döwlet notariusy tarapyndan tassyklanylan we Kanunda görkezilen wezipeli adamlardan saklamak üçin gelip gowşan Wesýetnamalary bellige alyş elipbiý kitaby ýöredilýär.

Döwlet notariusy saklanmaga gelip gowşan wesýetnamanyň kanunylygyny barlamaga we onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýändigi anyklanylan halatynda  bu barada wesýet edijini hem-de wesýetnamany tassyklan wezipeli adamy habarly etmäge borçludyr.

110. Döwlet notariuslary edilen wesýetnamany ýatyrmak barada arza alnan, şeýle hem edilen wesýeti ýatyrýan ýa-da üýtgedýän täze wesýetnama alnan halatynda  Sanawda, elipbiý kitabynda we döwlet notarial edarasynda saklanylýan wesýetnamada bellik edýärler. Eger, wesýet ediji wesýetnamanyň özünde bar bolan görnüşini berse, wesýetnamanyň ýatyrylmagy barada şol görnüşde hem bellik edilýär, şondan soň ol arza bilen bilelikde (eger wesýetnama arza bilen ýatyrylan bolsa) döwlet notarial edarasyndaky görnüşine  goşulýar.

Wesýetnamany ýatyrmak baradaky arzada gollaryň hakykylygyna notarial tertibinde güwä geçilmelidir.

Eger ýatyrylan wesýetnama beýleki notarial edarasynda ýa-da Geňeşde tassyklanylan bolsa, şonda ony ýatyrmak baradaky arza wesýet ediji ýa-da döwlet notariusy tarapyndan wesýetnama tassyklanylan  döwlet notarial edarasyna ýa-da Geňeşe iberilýär.

 

12. Ynanç hatlaryny tassyklamak

 

111. Döwlet notariuslary bir ýa-da birnäçe şahsyň adyndan bir ýa-da birnäçe şahsyň adyna  ynanç hatlaryny tassyklap bilerler.

Ynanç hatynyň ýazgysynda onuň düzülen ýeri we senesi (ýazmaça), wekiliň ýa-da wekilçilik edýäniň familiýasy, ady, atasynyň ady (ýuridik şahsyň doly ady), ýaşaýan ýeri (ýuridik şahsyň ýerleşýän ýeri), şahsyýeti tassyklaýan resminama barada maglumatlary, zerur halatlarda bolsa eýeleýän wezipesi (mysal üçin, raýat işini ýöretmek üçin ynanç haty) görkezilmelidir.

Ynanç hatynyň hereket edýän möhleti ýazmaça beýan edilýär we üç ýyldan köp bolmadyk möhlete berlip bilner, Kanunyň 114-nji maddasynda görkezilen halat muňa girmeýär.

Eger ynanç hatynyň möhleti görkezilmedik bolsa, ol berlen günden başlap bir ýylyň dowamynda güýjüni saklaýar.

Ynanç hatyň tassyklanan senesi görkezilmedik bolsa, ol hakyky däldir.

Ýakyn garyndaşa berlen ynanç haty tassyklanylanda garyndaşlyk gatnaşyklaryny tassyklaýan resminamanyň nusgasyny goşmak bilen, ynanç hatynyň mazmunynda garyndaşlyk derejesi görkezilýär.

Sowgat etmegi amala aşyrmak üçin ynanç haty tassyklanylanda sowgat alyjy görkezilmelidir.

112. Ýuridik şahsyň adyndan ynanç haty tassyklanylanda döwlet notariusy şu Düzgünnamanyň 46, 47-nji bölümlerinde beýan edilen kadalary gollanýar.

113. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäkli diýlip ykrar edilen şahslaryň adyndan ynanç hatlary şu Düzgünnamanyň 43-45-nji bölümleriniň talaplaryny berjaý etmek bilen tassyklanylýar.

114. Notarial taýdan tassyklanylan ynanç hatlary boýunça ygtyýarlyklar aragatnaşyk arkaly berlip bilner.

Tiz-habar- ynanç haty döwlet notariusynyň goluny we onuň möhrüni açyk beýan etmek bilen, ynanç hatynyň ýazgysyndan, tassyklaýjy ýazgysyndan ybaratdyr.

115. Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç haty (awtoulagdan başga) diňe ynanmak hukugy şertleşilen esasy ynanç haty görkezilen halatynda notarial taýdan tassyklanylyp bilner.Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç haty özünde esasy ynanç hatyndakydan köp hukugy saklamaly däldir. Başga birine ynanmak tertibinde berlen ynanç hatynyň hereket möhleti onuň berilmegine esas bolan esasy ynanç hatynyň hereket möhletinden geçmeli däldir.

Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç hatynda esasy ynanç hatynyň tassyklanan senesini we ýerini, Sanawdaky belgisini, esasy ynanç haty berlen şahsyň ady, atasynyň ady, familiýasy we ýaşaýan ýeri, şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň maglumatlary we ol öz ygtyýarlyklaryny başga birine ynanýan şahsyň,  zerur bolan halatlarda bolsa, olaryň wezipe ýagdaýyny görkezilmelidir.

Başga birine ynanmak tertibinde  ynanç hatynyň tassyklanylandygy barada esasy  ynanç hatynda bu barada bellik edilýär. Ýagny, döwlet notariusy esasy ynanç hatynyň soňunda haýsy döwlet notarial edarasy tarapyndan başga birine ynanmak tertibinde ynanç hatynyň tassyklanandygyny we onuň düzülen senesini görkezýär.

Başga birine ynanmak tertibinde esasy ynanç hatynyň nusgasy döwlet notarial edarasynda galýan ynanç hatynyň görnüşine  goşulýar.

Başga birine ynanmak tertibinde berlen ynanç haty esasynda soňra başga birine ynanylmagy ýol berilmeýär.

Döwlet notariusy ynanç haty bes edilenden soň, wekil şony beren şahsa gaýtaryp bermelidigini düşündirmäge borçludyr.

116. Ýeňil we ýük awtomobilleri, awtobuslary, mikroawtobuslary (mundan beýläk-awtomobil ulagy) dolandyrmak we ygtyýar etmek hukugyny tassyklaýan ynanç hatlary olaryň eýeleri tarapyndan diňe özleriniň ýakyn garyndaşlaryna başga birine ynanmazlyk şerti bilen resmileşdirip bilner.

Bu kada maýyplygy bolan adamlara, hossarlara (howandarlara), saglyk ýagdaýy boýunça awtomobil ulagyny dolandyrmaga mümkinçiligi bolmadyk, ömürlik ekläp-saklamak şertnama boýunça eklençdäki we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki adamlara degişli däldir.

Ynanç haty tassyklanylanda garyndaşlyk derejesi hökmany anyklanylmaly we degişli resminamasynyň nusgasy goşulmalydyr.

Ýakyn garyndaşlaryna degişli adamlar: ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar); är-aýal; çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar); ata we ene; baba we mama; agtyklar; süýtdeş wedoly süýtdeş däl doganlar.

117. Awtomobil ulagyny dolandyrmak, ygtyýar etmek hukugyny tassyklaýan ynanç haty berlende aşakda görkezilen resminamalar talap edilmelidir:

a)  awtomobil ulagyny bellige alyş hakynda güwänamasy;

b) ynanç   hatyny  berýän   adamyň  şahsyýetini  tassyklaýan  resminama we ynanç hatyny alýan adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminama ýa-da onuň nusgasy;

ç) garyndaşlyk gatnaşygyny tassyklaýan resminama (dogluş  hakynda  şahadatnama, nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama,  perzentlige  alnandygy hakynda şahadatnama, atalygy anyklanylandygy hakynda şahadatnama, familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgedenligi  hakynda şahadatnama).

Taraplaryň familiýalarynyň üýtgän ýagdaýynda, familiýanyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminama talap edilmelidir;

d) şu Düzgünnamada görkezilen beýleki degişli resminamalar.  

118. Maýyplygy bolan adamlar tarapyndan görkezilen ynanç haty berlende olaryň maýyplygyny tassyklaýan resminama talap edilýär. Şunda maýyplygy bolan adam ynanç hatyny resmileşdirende onuň maýyplygyny tassyklaýan resminamanyň nusgasyny goşmak bilen, ynanç hatynyň mazmunynda maýyplyk resminama barada maglumatlary görkezilýär. Maýyplygy bolan adamyň adyndan ynanç hatyň möhleti maýyplygyny tassyklaýan resminamada görkezilen möhletden geçmeli däldir.

Hossarlar (howandarlar) hossarlyk (howandarlyk) edýäniň emlägi babatda  hereket edenlerinde hossarlyk we howandarlyk edaranyň karary ýa-da kazyýetiň çözgüdi talap edilýär. Şunda hossarlyk (howandarlyk) edilýän adam babatda ynanç haty tassyklanylanda,onuň hem şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň, kararyň ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň nusgalaryny goşmak bilen, ynanç hatynyň mazmunynda bu barada we kararyň ýa-da kazyýetiň çözgüdi barada maglumatlary görkezilýär. Ynanç hatynyň möhleti görkezilen kararda (kazyýetiň çözgüdinde) görkezilen möhletden geçmeli däldir.

Saglyk ýagdaýy boýunça awtomobil ulagyny dolandyrmaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar (ýol hereketine gatnaşyjylaryny howp astynda goýýan syrkawlyk) saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen we tugraly möhür bilen berkidilen kepilnamasy (resminamasy) esasynda, onuň nusgasyny goşmak bilen, ynanç hatynyň mazmunynda bu barada we berlen resminamanyň maglumatlary görkezilýär. Şu halatda ynanç hatyny bir ýyla çenli möhlet bilen berilip bilner.

Ömürlik ekläp-saklamak şertnama boýunça eklençdäki adamlaryň awtomobil ulagyna görkezilen ynanç haty berlende Ömürlik ekläp-saklamak hakynda şertnamanyň nusgasyny goşmak bilen, ynanç hatynyň mazmunynda bu barada we berlen resminamanyň maglumatlary görkezilýär. Şu halatda ynanç haty bir ýyla çenli möhlet bilen berilip bilner.

Maýyplygy bolan adamlara, hossarlara (howandarlara), saglyk ýagdaýy boýunça awtomobil ulagyny dolandyrmaga mümkinçiligi bolmadyk, ömürlik ekläp-saklamak şertnama boýunça eklençdäki we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki adamlar tarapyndan durmuş zerurlygyna görä diňe 2 (iki) sany awtoulagy dolandyrmak we ygtyýar etmek bilen bagly ynanç haty berilip bilner.

119. Döwlet notariusy ynanç hatyny resmileşdirýän adama berlen ynanç hatynyň ynanylan şahs ýüz dönderende, ynanç haty beren adam ygtyýarlary ýatyranda, ynanç haty beren adam ölende ýa-da başga hili bellenilmedik bolsa, onuň kämillik ukybynyň ýokdugy ýüze çykan mahalynda, ynanç haty ýerine ýetirilen mahaly we ynanç hatynyň berlen möhleti tamamlananda berlen ynanç hatynyň hereketiniň togtadylýandygyny düşündirmelidir.

Ynanç hatyny beren adam islendik wagtda ynanç hatyny ýa-da başga birine  ynanmagy ýatyrmaga, özüne ynanç haty berlen şahsyň bolsa, islendik wagtda ondan ýüz döndermäge haky bardyr.

120. Ynanýanyň öz beren ynanç hatyny togtatmak baradaky arzasyna notarial taýdan şaýatlyk edilmelidir.Şunda döwlet notariusy, ynanç hatynyň togtadylandygy barada ynanýan tarapyndan ynanylan we oňa mälim bolan üçünji taraplara  şonuň üçin ynanç haty berlen wekilçilik üçin, şeýle hem öň ynanç hatyny tassyklan döwlet notarial edarasyna habar bermek borçlaryny ynanýana düşündirmelidir.

 

IV. Miras emlägini gorap saklamaga görülýän çäreler

 

121. Döwlet notariuslary miras emläginiň ýüze çykan ýerinde fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň habar bermegi boýunça ýa-da öz başlangyçlary boýunça döwletiň, mirasdarlaryň, mirasdan ýüz öwürýänleriň ýa-da algydarlaryň bähbidine zerur bolan wagty miras emlägini  gorap saklamak üçin degişli çäreleri görýärler.  

Fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň habar bermegi boýunça mirasyň ýüze çykan ýerindäki döwlet notariusy, miras emlägini gorap saklamak üçin çäreleriň görlendigini habar bermek bilen, şol çäreler emlägiň ýerleşýän ýerindäki döwlet notariuslary tarapyndan  görlüp bilner.

Miras galdyryjy ölenden soň galan emläk hakynda döwlet notariuslaryň ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň wezipeli adamlaryň tabşyrygy, fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň habarnamalary, Miraslyk emlägini gorap saklamak boýunça çäreleriň görülmegi baradaky arzalary bellige alyş kitaby bellige alynýar.

Döwlet notariusy miras galan emlägi goramak baradaky çäreleri, goralmak talap edilýän miras galan emlägiň bardygy hakynda tabşyryk ýa-da arza alnan gününden gijä galynman görülýär.

122. Miraslygyň ýüze çykan ýeri diýlip, miras galdyryjynyň ýaşaýan ýeri, eger şol belli bolmasa, onda  miraslygyň ýerleşýän ýeri hasaplanylýar.

Eger miraslyk dürli ýerlerde ýerleşýän bolsa, miraslygyň ýüze çykan ýeri diýip gozgalmaýan emlägiň ýa-da onuň gymmatly böleginiň ýerleşýän ýeri hasaplanýar, eger gozgalmaýan emläk ýok bolsa, gozgalýan emlägiň ýa-da onuň esasy böleginiň ýerleşýän ýeri hasaplanýar.

123. Daşary ýurt döwletinde wagtlaýyn ýaşaýan we şol ýerde ölen  Türkmenistanyň raýatynyň miraslygynyň ýüze çykan ýeri onuň daşary ýurt döwletinde gitmezinden öň ýaşan ýeri hasaplanýar, emma şol näbelli bolsa, miraslygyň ýa-da onuň esasy böleginiň ýerleşýän ýeri, miraslygyň ýüze çykan ýeri  bolup durýar.

124. Daşary ýurt döwletinde hemişelik ýaşaýan raýat ölenden soň, onuň şol ýaşan ýurdy miraslygyň ýüze çykan ýeri hasaplanylýar.

125. Ýüze çykan miraslyk hakyndaky habary alan döwlet notariusy  ýaşaýan ýa-da işleýän ýeri özlerine mälim bolan mirasdarlara bu barada habar bermäge borçludyr.

Döwlet notariusy mirasdarlary bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildiriş bermek arkaly hem çagyryp biler.

126. Eger miras galdyryjynyň emlägi ýa-da şol emlägiň bir bölegi mirasyň ýüze çykan ýerinde bolmasa, döwlet notariusy miras galan emlagiň ýerleşýän ýerindäki döwlet notarial edarasyna ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna ony  gorap saklamak üçin çäreleri görmegi tabşyrýar.

Miras galan emlägi gorap saklamak üçin çäreleri gören notarial hereketlerini amala aşyrýan döwlet notariusy we wezipeli adam, görlen çäreler hakynda miraslygyň ýüze çykan ýerindäki döwlet notarial edarasyna habar berýär.

Miraslygyň ýüze çykan ýerindäki döwlet notariusy Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1245-nji maddasy bilen bellenilen möhletde karzdarlardan mirasy kabul eden şahslardan bildirilýän şikaýatlary kabul edýär. Şikaýatlar ýazmaça görnüşde beýan edilmelidir.

127. Döwlet notariusy miras galan emlägi gorap saklamaga çäre görmek maksady bilen onuň teswirini düzýär we mirasdarlara ýa-da beýleki şahslara (howandarlara, gorap saklaýjylara) berýär. Şeýle hem, miras galan emlägiň harç edilendigi, aýrybaşgalanandygy gizlenendigi ýa-da miras emläginiň  bikanun berlendigi üçin Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 206-njy maddasy boýunça jenaýat jogapkärçiligi barada we ýetirilen zelel üçin maddy jogapkärçilik hakynda olara duýdurýar.

Miras galan emlägiň ýazgysy döwlet notariusynyň, dahylly şahslaryň (ýerli wekilleriniň, ýaşaýyş  jaý-ulanyş guramasynyň  wekiliniň, oba ýerlerinde bolsa Geňeşleriň wekiliniň we başgalaryň) we azyndan iki güwäleriň, zerurlyk ýüze çykan mahaly bolsa hünärmenleriň  gatnaşmagynda ykrarnamanyň düzülmegi bilen geçirilýär.

Ykrarnamada şular görkezilýär: miras galan emlägi gorap saklamaga  görlen çäreler hakynda arzanyň (habaryň) gelip gowşan senesi, teswiriň düzülen senesi, teswiri düzmäge gatnaşan şahslaryň familiýasy, ady, atasynyň ady we ýaşaýan salgysy, mirasdaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, onuň ölen wagty we teswiri düzülýän emlägiň ýerleşýän ýeri, döwlet notariusy gelýänçä jaý möhürlenenmi we onuň kim tarapyndan möhürlenendigi, plombanyň ýa-da möhüriň bozulmandygy,  onda sanalyp geçilen zatlaryň jikme-jik häsiýetnamasy we oňa berlen baha hem-de onuň könelmeginiň göterimi. Ýazgysy düzülen emläge baha bermek hünärmen tarapyndan olaryň könelmegini nazara almak bilen kesgitlenilýär.

Mirasdarlaryň baha kesilişi bilen razylaşmadyk halatynda hünärmeni çagyrmaga haky bardyr. Hünärmeniň zähmetine mirasdarlar tarapyndan zähmet haky  tölenilýär.

Ykrarnamanyň her sahypasynda goş-golamlaryň (zatlaryň) sanynyň jemi we olaryň bahasy, teswirini düzmegiň tamamlanmagy boýunça, goş-golamlaryň (zatlaryň)  umumy sany we olaryň bahasy jemlenilýär.

Gozgalmaýan emläge miraslygyň ýüze çykan güni olaryň hakyky bahasy boýunça nyrh kesilýär.

Ykrarnama ölen adamyň öýündäki ähli emläk goşulýar. Goňşularyň we beýleki şahslaryň aýry-aýry goş-golamlaryň özlerine degişlidigi  hakyndaky arzalary ykrarnama girizilýär, gyzyklanýan şahslara bolsa şol emlägi ykrarnamada görkezilen ýazgydan aýyrmak baradaky hak isleg bilen kazyýete ýüz tutmagyň tertibi düşündirilýär.

Eger emlägiň teswirini düzmegiň arasy kesilýän ýa-da birnäçe gün dowam edýän bolsa, jaý her gezek döwlet notariusy tarapyndan möhürlenilýär. Ykrarnamada teswir düzmegiň bes edilmeginiň we onuň dikeldilmeginiň sebäpleri we wagty hakynda, şeýle hem soňra jaýlar açylan mahaly plombalaryň we möhürleriň ýagdaýy hakynda ýazgy ýazylýar.

Ykrarnamanyň ahyrynda emläk saklamaga tabşyrylan şahsyň  familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan ýyly, onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň ady, şol resminamanyň belgisi, berlen senesi, ony beren edaranyň ady, saklaýjynyň ýaşaýan ýeri görkezilýär.

Ykrarnama azyndan üç görnüşde düzülýär. Ähli görnüşlere döwlet notariusy, hünärmen, gyzyklanýan şahslar, güwäler, muňa beýleki gatnaşyjylar we emlägi saklamaga kabul eden şahs gol çekýär.  

128. Eger miras galan emlägi gorap saklamaga çäreleri görmek mümkin bolmasa (miras goýujy bilen bile ýaşaýan mirasdarlar ýa-da beýleki şahslar teswir düzmäge garşy bolsa, emlägi teswir düzmäge bermese ýa bolmasa emläk alnyp gidilen bolsa we başgalar) döwlet notariusy ykrarnama düzýär we bu barada gyzyklanýan şahslary, zerur halatlarda bolsa, salgyt ýa-da prokuratura edarasyny habarly edýär.

Eger döwlet notarial edarasyna kärhanalardan, edaralardan, guramalardan ýa-da adamlardan taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da gaýry gymmaty bolan, ýeke ýaşan adamlar ölenden soň galan we kanun boýunça mirasdarlaryň toparyna girmeýän şahs tarapyndan wesýet edilene, emlägiň bardygy hakynda ýazmaça habar gelip gowşan bolsa, döwlet notariusy şol emlägiň teswirini düzmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge borçludyr.

Wesýetnama boýunça mirasdarlar şol emlägi teswir düzmäge garşy bolan halatynda döwlet notariusy emlägi teswir düzmäge bermekden ýüz dönderilendigi hakynda ykrarnama düzýär.

Eger miras galan emlägiň arasynda azyk önümleri bar bolsa, döwlet notariusy olary mirasdarlara berýär. Eger mirasdarlar gatnaşmazdan teswir düzülýän bolsa, çalt zaýalanýan önümler Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 446-njy maddasyna laýyklykda saklamaga kabul edilmeýär. Şol önümler ýok edilýär, bu barada ykrarnama düzülýär. Saklamak möhleti uzak bolan azyk önümleri ýerlemek üçin degişli guramalara berilýär. Bermeklik aýratyn ykrarnama boýunça geçirilýär, oňa döwlet notariusyndan başga-da güwäler  we önümler berlen guramanyň wekili gol çekýärler.

129. Miras galdyryjydan galan pul möçberleri, şeýle hem uzak wagtlap saklanylýan önümleri ýerlemekden alnan pul möçberleri mirasdarlara berilýänçä  ýa-da miras galan emläk mirasa hukuk boýunça döwlete geçen halatynda döwletiň girdejisine tabşyrylýança Türkmenistanyň Merkezi bankynyň edaralaryndaky döwlet notarial edarasynyň depozit hasabyna geçirilýär.

Şaý, çig görnüşindäki we guýmalardaky altyn, kümüş, platina we platina toparyndaky metallar, daşary ýurt puly we daşary ýurt pulunda ýazylyp berlen töleg resminamalary (wekseller, çekler, geçirmeler we başgalar), daşary ýurt gazna gymmatlyklary (paýnamalar, obligasiýalar, şolara kuponlar we başgalar), gymmat bahaly metallardan, gymmat bahaly daşlardan we dürden ýasalan zatlar, şeýle hem gymmat bahaly daşlar we dür teswir düzüleninden soň gelen günden gijä galynman mirasdarlara berilýänçä ýa-da miras goýlan emläk mirasa hukuk boýunça döwlete geçen halatynda döwletiň girdejisine tabşyrylýança Türkmenistanyň Merkezi bankynyň edaralaryna saklamak üçin berilýär, ýokarda sanalyp geçilen emlägi bermek barada ykrarnama düzülýär, oňa teswire gatnaşyjylaryň hemmesi gol çekýärler.

Miras galan emlägi döwlet notarial edarasynyň depozitinde  ýa-da bankda saklamaklyk mirasdaryň ýa-da beýleki gyzyklanýan şahslaryň hasabyna amala aşyrylýar.

Döwlet notarial edarasy tarapyndan miras galan emlägi gorap saklamak tertibinde saklamaga kabul edilen görkezilen gymmatlyklar Gymmatlyklary bellige alyş kitabynda bellige alynýar.

Miras galdyryjynyň emläginiň düzüminde bolan ýaraglar (aw tüpeňlerinden başga) we partlaýjy maddalar aýratyn teswir boýunça içeri işler edaralaryna tabşyrylýar, bu barada ýokarda sanalyp geçilen emlägi bermegiň ykrarnamasy düzülýär, oňa bolsa teswire gatnaşyjylaryň hemmesi gol çekýärler.

Eger teswiri düzülen  emlägiň düzüminde taryhy ýa-da ylmy ähmiýeti bolan gymmatly golýazmalar, edebi işler, hatlar bar bolsa, bu resminamalar aýratyn teswire goşulýar hem-de mirasdarlara ýa-da degişli guramalara (muzeýe, golýazmalar institutyna) jogapkärçilikli saklamaga tabşyrylýar. Zerurlyk ýüze çykan halatynda, mysal üçin, mirasdarlar bolmadyk mahaly döwlet notariusy resminamalary ýa-da içinde resminamalar we gymmatly zatlar bolan zat saklanylýan ýerler möhürlenilýär.   

130. Mirasyň düzüminde dolandyrylmagyny talap edýän emläk bolan mahaly, şeýle hem mirasdarlar tarapyndan miras kabul edilýänçä miras galdyryjynyň karzdarlaryna hak isleg bildirilen halatynda döwlet notarial edarasy emlägi saklaýjyny belleýär, bu barada karar çykarýar, şol kararda bolsa düzülen ýeri, senesi döwlet notariusynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, näme sebäpli şeýle kararyň çykarylandygy, kararyň mazmuny, onuň haýsy belgi bilen Sanawda bellige alnandygy we tölenilen döwlet pajynyň möçberi görkezilýär. Soňra, döwlet notariusynyň goly we möhri goýulýar.

131. Döwet notariusy emlägi saklaýjylara, howandarlara we miras galan emlägi saklamaga berlen beýleki şahslara teswiri düzülen miras galan emlägiň  harç edilmegi, aýrybaşgalanmagy, gizlenilmegi ýa-da bikanun berilmegi üçin Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 206-njy maddasy boýunça jenaýat jogapkärçiligi barada hem-de ýetirilen zeleller üçin maddy jogapkärçilik hakynda duýduryş berýär. Bu barada görkezilen şahslardan gol çekdirilýär. Duýdurylandygy barada şol teswir boýunça saklamaga tabşyrylýan miras galan emlägiň teswiriniň ykrarnamasyna ýa-da miras galan emlägi saklaýjynyň bellenilmegi hakyndaky karara gol çekýärler.  

Emlägi saklaýjylaryň, hossarlaryň we miras alana emläk saklamaga berlen beýleki şahslaryň, eger olar mirasdarlar bolmasalar, miras galan emlägi saklandyklary üçin sylag haky almaga haky bardyr.

Sylag hakynyň möçberini döwlet notariusy tarapyndan emlägi saklaýjy, hossar we miras galan emläk saklamaga berlen beýleki şahs bilen ylalaşyp bellenilýär, şunda sylag hakynyň möçberi saklamak üçin berlen emlägiň bahasynyň 15 göteriminden, ol ýerlenilen mahaly bolsa, ýerlemekden alnan pul möçberlerinden geçmeli däldir.

Mallaryň saklanylmagy üçin sylag hakynyň möçberi şol ýerde emele gelen ölçegler we nyrhlar boýunça ot-iýmiň bahasyna barabar möçberlerde öwezi dolunýar. Şol çykdajylaryň öwezi dolunan mahaly mallary saklamaga kabul eden guramalaryň ýa-da aýry-aýry şahslaryň mallary peýdalanmakdan (süýdüni sagyp, ýüňüni gyrkyp almak we başgalar) alan çykdajylaryny nazara almak gerekdir. Görkezilen şahslara miras galan emlägi saklamak we dolandyrmak boýunça zerur çykdajylaryň hem öwezi dolunýar. Bu çykdajylar emlägi peýdalanmakdan hakykatda alnan peýdany tutup galmak bilen, hödürlenilen resminamalara laýyklykda öwezi dolunýar.

132. Miras galan emlägi gorap saklamak mirasy ähli mirasdarlar tarapyndan kabul edilýänçä, eger şol olar tarapyndan kabul edilmedik bolsa, mirasdarlygyň ýüze çykan gününden başlap 6 (alty) aý geçýänçä dowam edýär.

Mirasyň açylan gününden 6 (alty) aý geçenden soň hem, miras galan emlägi gorap saklamak çäreleri dowam edilip bilner eger, döwlet notarial edarasyna,  şahsdan mirasy kabul etmäge razylygy hakynda arza,  mirasy almak hukugy beýleki mirasdarlar mirasy kabul edilmän ýüze çykan halatynda  gelip gowuşsa, mirasy kabul etmek üçin bellenen möhletden galan döwrüň içinde miras kabul edilmedik bolsa we şol wagt 3 (üç) aýdan az bolsa, ol 3(üç) aýa çenli uzaldylyp bilner.

Şu halatda miras galan emlägi gorap saklamak şu bölümiň ikinji bendinde görkezilen ähli şahslar tarapyndan miras kabul edilýänçä, eger olar tarapyndan kabul edilmese, eger mirasy kabul etmegiň 6 (alty) aýlyk möhletiniň galan bölegi üç aýdan az bolanda, mirasy kabul etmäge razylygy hakynda şol şahslaryň haýsy hem bolsa birinden arza gelip gowuşan gününden başlap 3 (üç) aý geçýänçä dowam edýär.

Döwlet notarial edarasy miras emlägi gorap saklamak  barada çäreleriň togtadylandygy hakynda mirasdarlary, eger emläk miras almak hukugynda döwlete geçýän bolsa, degişli salgyt edarasyny  deslapdan habarly etmäge borçludyr.

133. Döwlet notariusy mirasdarlar tarapyndan miras kabul edilýänçä, eger ol kabul edilmedik bolsa, onda Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama döwlete berilýänçä miras galan emläkden şulara degişli pul möçberlerini bermek hakynda buýruk edýär:

1) kesellän mahaly miras galdyryja ideg etmek boýunça,  şeýle hem ony jaýlamak üçin harajatlaryň üstüni dolmak üçin;

2) miras galdyryjynyň eklenjindäkileri saklamak üçin;

3) iş haky boýunça nägilelikleri we şolara deňleşdirilen nägilelikleri kanagatlandyrmak üçin;

4) miras galan emlägi gorap saklamak üçin we ony dolandyrmak boýunça çykdajylaryň üstüni dolmak üçin, şeýle hem açylan miras baradaky habarnamany çap etmek üçin.

Miras galan emlägiň düzüminde pul möçberleri bolmadyk mahaly ölenden galan zatlary bermek hakynda buýruk edilýär, olaryň bahasy bolsa harçlanylan hakyky çykdajylaryň jeminden geçmeli däldir.

Döwlet notariusynyň, eger ätiýaçlandyrylan miras goýujy ölenden soň ätiýaçlandyryş pul möçberi kanun boýunça onuň mirasdarlaryna tölenilmäge degişli bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberlerinden edilen çykdajylar bilen baglanyşykly pullary bermek hakynda buýruk etmäge haky bardyr.

Şu bölümiň 1, 2, 3-nji kiçi bölümlerinde görkezilip geçilen çykdajylary tassyklamak üçin döwlet notariusy dükanlardan hasaplary, saglygy goraýyş edaralaryndan delilhatlary, jaýlamagy guramak boýunça toparyň ykrarhatlaryny, kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň nusgasyny we beýleki resminamalary talap edýär.

 

V. Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamalaryň berilmegi

 

134. Mirasdaryň ýazmaça arzasy esasynda döwlet notarial edarasy miraslygyň ýüze çykan ýeri boýunça Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama berýär (kanun boýunça, wesýetnama boýunça).

Mirasyň kabul edilmegi, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi, mirasdaryň mirasyň kabul edilmegi we mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi, mirasdan ýüz döndermegi, är-aýalyň (öňki är-aýalyň) umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi ýa-da mirasy goramaga zerur çäreleriň görülmegi barada we beýleki arzaýazmaça görnüşde berilýär. Mirasdarlaryň şol arzalardaky gollarynyň hakykylygyna notarial taýdan şaýatlyk edilmelidir.

Eger mirasdaryň hut özi miraslygyň ýüze çykan ýerindäki döwlet notarial edarasyna gelen we arza beren bolsa, gollaryň hakyklylygyna şaýatlyk etmek talap edilmeýär. Şu halatda döwlet notariusy mirasdaryň şahsyýetini anyklaýar we gollaryň hakykylygyny barlaýar, bu barada arzada bellik edýär we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň adyny, onuň belgisini, berlen senesini, resminamany beren edaranyň adyny görkezýär.

Är-aýalyň biri ölen halatynda, mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama berilmegi baradaky haýyş bilen döwlet notarial edarasyna ýüz tutan ärine (aýalyna) Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 52-nji maddasynyň we Kanunyň 80-nji maddasynyň mazmunlary düşündirilýär.

Eger mirasdaryň golunyň hakykylygyna şaýatlyk edilmedik arza poçta aragatnaşygy boýunça gelip gowşan bolsa, ol Miraslyk işlerini bellige alyş kitabynda bellige alynýar, mirasdara bolsa talabalaýyk resmileşdirilen arzany ibermek, ýa bolmasa döwlet notarial edarasyna hut özüniň gelmegi ýazmaça görnüşde teklip edilýär.

135. Mirasdarlara Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama miras ýüze çykan gününden başlap 6 (alty) aý dolandan soň islendik wagt berilýär. Eger şahadatnamany soraýan şahslardan başga beýleki mirasdarlaryň ýokdugy hakynda notarial edarasynda maglumatlar bolan halatlarda, Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama 6 (alty) aýdan öň berilýär.

Şeýle maglumatlar işleýän ýerinden, häkimlikden, Geňeşlerden, ýaşaýyş jaý-ulanyş edarasyndan, öý guramasyndan alnan delilhatlar, miras galdyryjynyň şahsy işinden sowalnama maglumatlary we başgalar bolup biler, olar bolsa işiň toplumyna goşulýar.

Emläk miras hukugy boýunça döwlete geçse, döwletiň Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamasy degişli salgyt edarasyna miras ýüze çykan  gününden başlap 6 (alty) aý dolandan soň berilýär.

136. Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama miraslygy kabul eden mirasdarlara, ýagny iş ýüzünde emläge eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga girişen  ýa-da mirasy kabul etmek hakynda döwlet notarial edarasyna arza beren mirasdarlara berilýär.

Eger mirasdar mirasyň bir bölegine eýelik etmäge hakyky girişen bolsa, şol emläk nähili beýan edilse hem we haýsy ýerde bolsa hem, ol dolulygyna kabul edilen hasaplanýar. Eger mirasdarlaryň biri mirasdan paýy almakdan beýleki mirasdaryň peýdasyna ýüz dönderse, şeýle hereket miras kabul edilen diýlip hasaplanýar.

Ýaşaýyş jaý-ulanyş edarasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň we başgalaryň mirasdarlaryň miras galdyryjy bilen bile ýaşaýandy hakynda ýa-da mirasdar tarapyndan miras galdyryjynyň emläginiň alnandygy hakyndaky kepilnamany, döwlet salgyt gullugynyň, ätiýaçlandyryş, karz we beýleki edaranyň  mirasdar tarapyndan miras ýüze çykandan soň 6 (alty) aý möhlet geçmezden öň salgytlaryň ýa bolmasa ätiýaçlandyryş boýunça, karz boýunça tölegleriň tölenilendigi hakyndaky kepilnamany, salgydyň tölenilendigi baradaky töleg haty, kazyýetiň mirasyň wagtynda kabul edilmeginiň halatyny tassyklamak baradaky kanuny güýje giren çözgüdiniň  nusgasy, ulag serişdelerini dolandyrmak üçin ynanç haty ýa-da mirasdaryň miras alnan emlägine iş ýüzünde eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga girişmeginiň halatyny tassyklaýan beýleki resminamalar emläge iş ýüzünde eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga girişmegiň subutnamasy bolup biler.

Eger döwlet notariusynda mirasy kabul etmek üçin kanun arkaly bellenilen möhletde süýşürintgiler kitapçasyny alandygyny tassyklaýan maglumatlar (miras galdyryjy ölenden soň miras galan emlägiň teswirini düzen kärhananyň, guramanyň resminamasy, mirasdara süýşürintgiler kitapçasynyň gowşurylandygy hakyndaky, miras galan emlägi gorap saklamaga çäreleri gören döwlet notariusynyň resminamasy, miras galdyryjynyň jaýlanylmagyny guramak baradaky toparyň mirasdara süýşürintgiler kitapçasynyň gowşurylan wagty beýan edilýän güwänamasy, mirasdaryň süýşürintgiler edarasyndan pullary alandygy hakynda süýşürintgiler kitapçasyndaky bellik ýa-da karz edarasynyň habary, mirasdara belli bir wagtda miras galdyryjy ölenden soň galan süýşürintgiler kitapçasynyň gowşurylandygy hakynda ýaşaýyş jaý-ulanyş guramasynyň ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň resminamasyny, şol süýşürintgiler kitapçasynyň poçta aragatnaşygy boýunça iberilendigi hakyndaky resminama we başgalar) bar bolan şertlerinde süýşürintgiler kitapçasynyň bolmagy, miras galdyryjy bilen bilelikde ýaşamadyk, emma onuň miras galan emläkde miras galdyryjy bilen bilelikdäki ýa-da hususy paýy bolan halatyndahem miras galan emläge eýelik etmäge girişmegiň subutnamasy bolup hyzmat edip biler.

Mirasy kanun tarapyndan bellenilen möhletde kabul edip almadyk mirasdarlar Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamany kabul edip alan beýleki mirasdarlaryň hemmesiniň razylygy bilen goşulyp bilner. Şol  razylyk ýazmaça görnüşde Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama berilýänçä mälim edilmelidir. Olaryň arzadaky gollarynyň hakykylygyna şu Düzgünnamanyň 134-nji bölüminde beýan edilen kadalara laýyklykda notarial taýdan şaýatlyk edilmelidir.

137. Mirasdar miras edinmäge özüniň degişlidigini bilen ýa-da bilmeli wagtyndan başlap, miraslygy kabul etmekden 3 (üç) aýyň dowamynda ýüz dönderip biler. Esasly sebäbi bolan mahalynda, şol möhlet kazyýet tarapyndan iki aýdan köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner. Mirasy kabul etmekden ýüz döndermek  notarial tertibinde resmileşdirilmelidir.

Mirasa eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga  hakyky girişen mirasdar mirasy kabul etmek üçin bellenen wagtyň içinde mirasy kabul etmekden ýüz dönderip biler.  

138. Mirasy kabul etmek hakyndaky arza, şeýle hem mirasy kabul etmekden ýüz döndermek hakyndaky arza mirasdara gaýtarylyp berilip ýa-da ol tarapyndan yzyna alnyp bilinmez. Haýsydyr bir şert bilen ýa-da haýsydyr bir möhlete mirasy bölekleýin kabul etmäge ýa-da ondan ýüz döndermäge ýol berilmeýär. Eger mirasdar mirasyň bir böleginden ýüz öwürse ýa-da haýsydyr bir şerti öňe sürse, ol mirasdan ýüz öwren hasaplanýar.

Mirasy kabul etmekden ýüz döndermek hakynda mirasdaryň arzasy yzyna gaýtarylmaýar.

Döwlet notariusy arzany kabul eden mahaly mirasdan ýüz döndermek baradaky arzasy yzyna gaýtarylmaýandygyny düşündirýär, bu barada arzada degişli ýazgy ýazylýar.

Eger tabşyrykda (ynanç hatynda) ýüz döndermäge ygtyýarlylyk ýörite göz öňünde tutulan  bolsa, onda wekiliň üsti bilen mirasdan ýüz döndermek mümkindir.

139. Döwlet notariusy Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamany kanun boýunça bereninde mirasdarlardan degişli subutnamalary talap edip almak arkaly miras galdyryjynyň ölendigi baradaky halaty, mirasyň ýüze çykan wagtyny we ýerini, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek barada arza beren adamlaryň olary kanun boýunça mirasdarlar diýip bilinmegi üçin esas bolan miras galdyryjy bilen garyndaşlyk we gaýry gatnaşyklarynyň barlygy, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýän miraslyk emlägiň düzümi we ýerleşýän ýeri barlanylýar.

Bu ýagdaýlary tassyklamak üçin mirasdarlardan degişli subutnamalar talap edilýär. Mirasdarlar tarapyndan gerek bolan subutnamalary berip bilmedik ýagdaýynda, döwlet notariusy olary almakda ýardam berýär.

Döwlet notariusy Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamany berende miras galdyryjynyň (wesýet edijiniň) ýaşan ýeri boýunça döwlet notarial edarasynda wesýetnamanyň bardygyny barlamalydyr.

Ölendigi baradaky halaty we mirasyň ýüze çykan wagtyny miras galdyryjynyň ölüm hakynda şahadatnamasy bilen tassyklanylýar.

Lukmançylyk delilhatlary we saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen ölüm hakynda şahadatnama, şeýle hem harby bölümleriň we birikmeleriň heläk bolunmagy hakyndaky resminamalary ölmek halatyny tassyklamaga kabul edilmeýär.

Mirasdarlarda görkezilen resminamalar bolmadyk halatynda döwlet notariusy ölen halatyny, mirasyň ýüze çykan wagtyny anyklamak barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň nusgasyny talap edýär.

Raýat ýagdaýynyň şahadatnamasy, metriki kitaplardan göçürmeler, garyndaşlyk we beýleki gatnaşyklary anyklamak barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň nusgasy mirasdarlaryň miras galdyryjy bilen garyndaşlyk we beýleki gatnaşyklarynyň subutnamasy bolup durýar.

Mirasyň ýüze çykan ýeri öleniň hemişelik ýaşan ýeri boýunça, ýerleşýän ýerindäki ýaşaýyş jaý-ulanyş edarasynyň,ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň kepilnamasy bilen tassyklanylýar, ýaşan ýeri nämälim bolanda bolsa-mirasyň ýerleşýän ýeri hasaplanýar. Eger miraslyk  dürli ýerlerde ýerleşýän bolsa, miraslygyň ýüze çykan ýeri diýip  gozgalmaýan emlägiň ýa-da onuň gymmatly böleginiň ýerleşýän ýeri hasaplanýar, eger gozgalmaýan emläk ýok bolsa, gozgalýan emlägiň ýa-da onuň esasy böleginiň ýerleşýän ýeri  hasaplanar.

Mirasdarlarda görkezilen resminamalar bolmadyk halatynda döwlet notariusy mirasyň ýüze çykan ýerini anyklamak barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň nusgasyny talap edýär.

Eger bir ýa-da birnäçe mirasdar kanun boýunça mirasy edinmäge esas bolup durýan miras galdyryjy bilen garyndaşlyk ýa-da beýleki gatnaşyklaryň bardygyny subut etmäge kanun boýunça mümkinçilikden mahrum edilen bolsa, olar mirasy kabul eden we degişli subutnamalary beren beýleki  mirasdarlaryň hemmesiniň ýazmaça razylygy bilen Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamalara goşulyp bilner. Mirasdarlaryň bu razylygy ýazmaça arza görnüşinde resmileşdirilmelidir we olaryň  gollarynyň hakykylygy şu Düzgünnamanyň 134-nji bölüminde beýan edilen kadalara laýyklykda notarial taýdan güwä geçilmelidir.

Eger mirasdarlar mirasy resmileşdirmek üçin zerur bolan namalary (garyndaşlyk gatnaşyklaryny tassyklaýan resminamalary we başgalary) döwlet notariusyna bermek mümkinçiligi bolmasa, döwlet notariusy zerur resminamalary talap etmek boýunça ýardamlyk edýär. Eger degişli edaralarda görkezilen resminamalar saklanyp galmadyk bolsa, döwlet notariusy gyzyklanýan şahsa kazyýete ýüz tutmagyň tertibini düşündirýär.

Eger mirasyň ýüze çykan ýerinde birnäçe döwlet notarial edaralary bar bolsa, Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama berilmezden öň döwlet notariusy ýazmaça beýleki döwlet notarial edaralaryndan mirasa degişli işiň bardygy ýa-da ýokdugy baradaky kepilnamany talap edýär.

Bellige alynmaga degişli bolmadyk emläk üçin hökmany tertipde notarial taýdan resmileşdirmek talap edilmeýär.

140. Döwlet notariusy Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamany wesýetnama boýunça bereninde mirasdarlardan degişli subutnamalary talap etmek arkaly miras galdyryjynyň ölendigi baradaky halatyny, wesýetnamanyň bardygyny, miraslygyň ýüze çykan wagty we ýeri, miras galan emlägiň ýerleşýän ýerini we düzümini barlaýar, mirasda hökmany paýa hukugy bolan mirasdarlaryň toparyny anyklaýar.Şeýle hem wesýetnama tassyklanan döwlet notarial edarasynda, onuň ýatyrylandygyny ýa-da ýatyrylmandygyny barlaýar we hödürlenilen wesýetnamada bu barada maglumatlary girizmek bilen bellik edýär hem-de döwlet notarial edarasynyň, Geňeşiň möhüri we wezipeli adamyň goly bilen berkidilendigini barlaýar.

Eger wesýetnama agzy ýapyk bukjada saklanan bolsa, miras galdyryjy ölenden soň, döwlet notariusy gyzyklanýan şahslaryň wesýetnamanyň mazmuny bilen tanyşmaly gününi belleýär we olary onuň mazmuny bilen tanyşdyrýar, bu barada degişli teswirnama düzülýär. Eger wesýetnamanyň goýlan bukjasynyň agzy ýapyk bolsa, onuň möhüriniň bütewiligi bellenilmelidir.

Wesýetnamada gös-göni görkezmek arkaly mirasdan mahrum edilen şahs emlägiň wesýetnama girmedik bölegine, şeýle hem wesýetnama  boýunça mirasdar mirasy kabul etmekden ýüz öwren halatynda, kanun boýunça mirasdar bolup bilmez.

Eger wesýetnama boýunça Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamada mirasdarlaryň miras galdyryjy bilen garyndaşlyk we beýleki gatnaşyklary barada görkezilýän bolsa, (mirasdarlaryň islegi boýunça) döwlet notariusy bu gatnaşyklary tassyklaýan resminamalary talap edýär, olaryň nusgasy bolsa miraslyk işine goşulýar. Şeýle resminamalary bermek mümkin bolmadyk mahaly döwlet notariusynyň, olar berilmezden wesýetnama boýunça Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamany bermäge haky bardyr. Şu halatda şahadatnamanyň ýazgysynda garyndaşlyk gatnaşyklary görkezilmeýär.

141. Wesýetnama boýunça Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama berlende mirasdar tarapyndan berlen wesýetnamanyň asyl nusgasy ýa-da öwezligi döwlet notarial edarasynda galdyrylýar.

Mirasdaryň islegi boýunça wesýetnama boýunça Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama wesýetnamanyň notarial taýdan tassyklanan nusgasy ýa-da öwezligi goşulyp bilner.

142. Eger miraslyk galan emlägiň düzümine gozgalmaýan emläk girýän bolsa, döwlet notariusy tarapyndan gozgalmaýan emlägiň miras galdyryja degişlidigi hakynda hukuk belleýji resminamany, emlägiň düzümi we onuň bahasy barada degişli edaranyň resminamasyny talap edilýär weTürkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde görkezilen emläkleriň döwlet belligine alnanlygy anyklanylýar.

Döwlet notariusy gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlygyň ýa-da gozgalmasyz edilmegiň ýokdugyny barlamaga borçludyr.

Emlägi aýrybaşgalamaga gadaganlyk bar bolanda mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berginiň mirasdara (mirasdarlara) geçirilmegine algydaryň we mirasdaryň (mirasdarlaryň) razylygy bolanda berlip bilner.Eger gadagan etmek karz (ssuda) alynmagy bilen baglanyşykly girizilen bolsa, döwlet notariusy karz (ssuda) alyjynyň mirasdarlaryna Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamanyň berlendigi hakynda karz (ssudany) beren edara (karzdarlara) habar berýär.

Eger miraslyk emläge kazyýet ýa-da hukuk goraýjy edaralar tarapyndan gozgalmasyz etmek bellenilen bolsa, Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamany bermek gozgalmasyz etmek aýrylýança saklanylýar.

143. Bellige alynmaga degişli beýleki emlägi (awtoulag, motosikl we başgalar) Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama goşmak üçin, döwlet notariusy şol emlägiň miras galdyryja degişlidigi hakyndaky resminamalary awtoulag serişdeleriniň (awtomobil ulagynyň tehniki pasporty we başgalary) barlaýar.

Eger bellige alynmaga degişli beýleki emläge hukuk belleýji resminama (bellige alnandygy hakynda şahadatnama ýa-da awtoulag serişdesine, beýleki özi ýöreýän ulaglara we mehanizmlere tehniki pasport, gämi bileti ýa-da şahadatnama) mirasdarlara gaýtarylyp berlen halatynda döwlet notariusy resminamalary barlaýar  we olaryň nusgasyny miraslyk işine goşýar.

144. Döwlet notariusy bellige alynmaga degişli emläge Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamanyň degişli edaralarda bellige alynmalydygyny düşündirýär.

145.Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama ähli mirasa, şeýle hem onuň  bölegine berlip bilner. Şahadatnama ähli mirasdarlara bilelikde, şeýle hem olaryň islegine görä her birine aýratynlykda berlip bilner.

Şunda her bir şahadatnamada miras alnan ähli emläk görkezilýär we ähli mirasdarlar sanalyp geçilýär, şeýle hem özüne Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamalar berlen mirasdaryň mirasynyň bölegi görkezilýär.

Eger döwlet notariusy tarapyndan Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama mirasyň ählisine berilmeýän bolsa, onuň ýazgysynda mirasyň haýsy böleginiň berilmän galdyrylandygy görkezilýär.

Mirasdaryň şahadatnamany almak üçin hut özüniň gelmegi hökman däldir. Mirasdaryň haýyşy boýunça şahadatnama poçta arkaly iberilip bilner.

Miras galan emläk döwlete geçen mahaly Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama, miraslyk işini ýöretmek üçin resminamanyň esasynda hereket edýän döwlet edarasynyň wekiline berilýär.

Emläk miras hukugy boýunça döwlete geçen mahaly, notarial edarasy 5 (bäş) günüň dowamynda salgyt gullugynyň degişli edarasyna döwletiň Mirasa bolan hukuk hakyndaky şahadatnamany, bu emlägiň döwlet notariusy, güwäler we gyzyklanýan şahslar (eger olar teswir düzmäge gatnaşan bolsalar) tarapyndan gol çekilen teswirini berýär.

Miras almaga hukugy bolan şahslar biri-biriniň yzyndan 1 (bir) günde ölen halatynda, muňa garamazdan, olaryň her birinden soň  miraslyk ýüze çykýar.

146. Döwlet notariusy kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da kämillik ukyby bolmadyk mirasdarlaryň adyna Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamanyň berlendigi hakynda, olaryň emläk bähbitlerini goramak üçin mirasdarlaryň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna habar berýär we Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamanyň nusgasyny iberýär.

147. Miras galan emlägiň belli bir bölegine Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamany alan mirasdarlara, soňra miras galan emlägiň ilki başdaky şahadatnamada sanalyp geçilmedik beýleki böleklerine Mirasa bolan hukugy hakynda soňraky şahadatnamalar berilýär.

Beýleki emläge Mirasa bolan hukugy hakynda goşmaça şahadatnama berlen we öň berlen şahadatnama goşulmadyk mirasdarlar gelen halatynda, olar hem mirasy kabul eden ähli mirasdarlaryň ýazmaça razylygy bilen, goşmaça emläge Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama goşulyp bilner.

148. Miraslyk galan emlägi bölmek, mirasy kabul eden mirasdarlaryň razylygy bilen amala aşyrylýar. Ylalaşyk gazanylmadyk halatynda, emlägi bölmek kanun boýunça ýa-da wesýetnama boýunça mirasdarlaryň her birine degişli paýlar boýunça kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.

Miras galan emlägi bölmek hakyndaky ylalaşykda miras galan emläkde mirasdarlaryň anyk paýy kesgitlenilýär. Şunda eger emlägiň bahasy dürli-dürli bolsa, pul bilen öwezini dolmaga ýol berilýär.

149. Döwlet notarial edarasynda Miraslyk işlerini bellige alyş kitaby we Miraslyk işlerini bellige alyş elipbiý kitaby ýöredilýär.

Miras işleriň hasabyny ýöretmegiň kitabynda mirasy kabul etmek baradaky, miras hukugy barada şahadatnamanyň berilmegi we miraslyk galan emlägiň hasabyna çykdajylary tölemek baradaky, mirasdan ýüz döndermek baradaky, karzdarlaryň nägilelikleri, şeýle hem, miras emlägini gorap saklamaga çäreler görmek baradaky arzalar bellige alynýar.

Bellige alnan arzalaryň esasynda öleniň adyna miraslyk işi açylýar we oňa tertip belgisi berilýär, ol bolsa Miraslyk işlerini bellige alyş elipbiý kitabynda bellige alynýar.

Ähli soňky arzalar (goşmaça, beýleki mirasdarlardan we karzdarlardan gelen arzalar) hem Miraslyk işleriň bellige alyş kitabynda bellige alynýar.

Ähli soňky arzalarda ilkinji gelip gowşan arzadaky miraslyk işine berlen belgisini saklap galdyrmak bilen, olaryň gelip gowşan senesi görkezilýär.

Miraslyk işine mirasdarlardan, beýleki şahslardan we edaralardan talap edilen resminamalar hem-de Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamanyň bir asyl nusgasy çatylýar.

150. Döwlet notariusy öleniň mirasdarlarynyň haýyşy boýunça öleniň adyna goýumlaryň bardygy hakynda karz edaralaryna resmi soraşma bermäge haklydyr. Kanunyň 25-nji maddasyna laýyklykda, karz edaralary döwlet notariusy tarapyndan görkezilen möhletde maglumat bermelidirler, şol möhlet bolsa bir aýdan aňry geçmeli däldir.  

151. Döwlet notariusy bilelikdäki umumy eýeçilige gatnaşyjylaryň biri ölenden soň, mirasa hukuk hakyndaky kanun ýa-da wesýetnama boýunça şahadatnamany, diňe umumy emläkde öleniň belli bir paýa eýeçilik hukugy bölünenden soň berip biler.

152. Eger, är-aýalyň umumy emläginde, şol emläge hukuk belleýji resminama ärinden-aýalyndan soňuna galan är-aýalyň birine resmileşdirilen bolsa, döwlet notariusy ondan umumy emläkde onuň bir böleginiň öleniň adyna bermäge ýazmaça razylygyny talap edýär.

Kanunynyň 25-nji maddasyna laýyklykda, karz edaralary döwlet notariusy tarapyndan görkezilen möhletde maglumat bermelidirler, şol möhlet bolsa bir aýdan aňry geçmeli däldir.  

153. Umumy eýeçiligiň ölen gatnaşyjysynyň paýyny kesgitlemek we onuň paýy babatynda Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama bermek üçin paýyň kesgitlenilmegi hakyndaky ylalaşyk eýeleriň  arasynda baglaşylyp bilner. Bu ýagdaýda döwlet notariusy tarapyndan ölüm hakynda şahadatnamanyň nusgasyny we beýleki ähli eýeleriň paýlaryny kesgitlemek hakyndaky arzasyny döwlet notarial edarasynda galdyrylýan resminamalara goşulýar.

 

VI. Eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermek

 

1. Är – aýalyň umumy emläkdäki paýa eýeçilik hukugy

hakynda şahadatnama bermegiň şertleri

 

154. Döwlet notarial edaralary är-aýalyň bilelikdäki ýazmaça arzasy boýunça olaryň birine ýa-da är-aýalyň ikisine nikada duran döwründe gazanylan umumy emläkdäki paýa Är-aýalyň umumy eýeçilikdäki paýa eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalary berýär.

Ýaşaýyş jaýyna, jaýyň bir bölegine, öýe, saýalyga, bag öýüne, garaža eýeçilik hukugy baradaky görkezilen şahadatnamalar, şol emlägiň ýerleşýän ýerindäki döwlet notarial edarasy tarapyndan berilýär.

Är-aýalyň umumy eýeçilikdäki paýa eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama diňe şahadatnama berlen güne bar bolan är-aýalyň bilelikdäki eýeçiligi bolup durýan emläge berilýär.

Är-aýalyň umumy eýeçilikdäki paýa eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berlende döwlet notariusy nusgasyny işe çatmak bilen, nika gatnaşyklaryny tassyklaýan resminamany talap edýär.

Salgyt salynýan ýa-da ýygym alynýan emläge şahadatnama berlende salgydyň ýa-da ýygymyň tölenilendiginiň subutnamasy talap edilýär.

155. Eger şahadatnama berilýän emlägiň düzümine bellige alynmaga degişli emläk girýän bolsa, döwlet notariusy är-aýalyň şeýle emläge eýeçilik hukugyny belleýän resminamanyň berilmegini talap edýär.

Ýaşaýyş jaýyna we bellige alynmaga degişli beýleki gozgalmaýan emläge (ýer bölegi muňa girmeýär) şahadatnama berlen mahaly, döwlet notariusy şahadatnama berilýän jaýyň we başga gozgalmaýan emlägiň häsiýetnamasyny beýan edilýän, degişli bellige alyş döwlet edarasynyň resminamasyny talap edýär.

Ýaşaýyş jaýyny (jaýyň bir bölegini), öýi, saýalygy, bag öýüni, garažy, beýleki gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamagy gadaganlyk bar mahaly, özünde bergi bolan emläk üçin şahadatnama muňa karzdar razy bolan halatynda berilýär.

Gozgalmaýan emläge şahadatnama berlen mahaly, gozgalmaýan emläge degişli hukuk belleýji resminamada bu barada bellik edilýär (şahadatnamanynyň kim tarapyndan, senesi, haýsy sanawdaky belgi bilen bellige alnandygy).

156. Är-aýalyň biri ölen halatynda, är-aýalyň umumy emlägindäki paýa eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnama ölen är-aýalyň soňuna galan är-aýalyň ýazmaça beren arzasy boýunça mirasyň ýüze çykan ýerindäki döwlet notarial edarasy tarapyndan eýeçiligi kabul eden hem-de döwlet notariusyna belli bolan mirasdara şahadatnamanyň berilýändigi barada deslapdan mälim etmek bilen berilýär.

Şeýle şahadatnama umumy emlägiň ýarsyna berlip bilner.

Döwlet notariusy habarnamada paýyna şahadatnama berilmegini soraýan ölen är-aýalyň soňuna galan är-aýala umumy emläginiň düzümini görkezýär, şeýle hem mirasdarlar tarapyndan onuň emläk talaplaryna dawa edilen halatynda kazyýete ýüz tutmak hukugyny düşündirýär.

Habarnama poçta boýunça iberilýär, döwlet notarial edarasyna gelen mirasdarlara bolsa, döwlet notariusy tarapyndan dilden habar berilýär, bu barada mirasdaryň goly bilen ölen är-aýalyň soňuna galan är-aýalyň arzasynyň ahyrynda bellik edilýär, şunda olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlary görkezilýär.

Mirasdarlaryň hatarynda kämillik ukyby bolmadyk adamlar bolan mahaly habarnama hossarlyk we howandarlyk edarasyna iberilýär.

Diri galan äri (aýaly) är-aýalyň umumy emlägindäki paýdan ýüz dönderip biler, bu barada aýratyn arza düzülip, ýa bolmasa bu halat mirasy kabul etmek ýa-da mirasdan ýüz döndermek baradaky arzada belläp biler. Şu halatlarda miras galan emläk kanun boýunça mirasa degişli diýlip hasap edilen mirasdarlara, eger ähli miras wesýetnama bilen paýlanan bolsa, wesýetnama boýunça mirasdarlaryň paýyna degişli edilýär.

Ölen är-aýalyň soňuna galan är-aýalyň razylygy bilen, mirasy kabul edip alan mirasdarlaryň  ýazmaça beren arzasy boýunça şahadatnamada ölen är-aýalyň umumy emläkdäki paýy hem kesgitlenilip bilner.

157. Är-aýalyň biri ölen halatynda, är-aýalyň umumy emlägindäki paýa eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berlen mahaly, döwlet notariusy är-aýalyň ölüm hakyndaky şahadatnamasyndan başga, arza berijiniň ölen är-aýal bilen nika gatnaşyklary tassyklaýan resminamany, är-aýalyň emlägine umumy (bilelikdäki) eýeçilige hukugy belleýän resminamany talap edýär.

158. Eger miras galan emlägiň düzümine bellige alynmaga degişli  emläk girýän bolsa, galan är-aýala şahadatnama berlen mahaly şu Düzgünnamanyň 148,149-njy bölümlerinde beýan edilen kadalar berjaý edilýär.

Är-aýalyň biri ölen halatynda umumy emläge eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnama mirasyň ýüze çykan ýerindäki döwlet notarial edarasy tarapyndan berilýär.

159. Düzümine bellige alynmaga degişli emläk girýän, är-aýalyň umumy emlägindäki paýyna şahadatnama berlen mahaly, döwlet notariusy bu şahadatnamany bellige alynmagy üçin degişli edara berilmeginiň zerurdygyny düşündirýär.

 

2. Umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda

şahadatnama bermegiň şertleri

 

160. Döwlet notariusy umumy bilelikdäki eýeçilikde emlägi bolan şahslaryň bilelikdäki ýazmaça arzasy boýunça deslapdan olaryň her biriniň paýyny kesgitländen soň umumy emläkden paýyny almak isleýän şahsa ýa-da şahslara umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýär.

Paýyň hakyky görnüşde (natura) bölünip berilmegi diňe jemgyýetiň gatnaşyjysynyň, kärhananyň agzasynyň (hyzmatdaşlyk kärhanasy; bilelikdäki kärhana; jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy; hojalyk şereketi; paýdarlar jemgyýeti)ýuridik şahsyň düzüminden çykarylan ýagdaýynda, ýa-daýuridik şahsyň ýatyrylmagy bilen baglylykda bolup geçýän bolsa mümkindir.

161. Döwlet notariusy ýuridik şahsyň düzüminden şahsyň jemgyýetiň, kärhananyň we şereketiň agzasydygyny ýa-da agzasy däldigini  anyklamalydyr. Munuň üçin ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamalary (ýuridik şahsyň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada şahadatnama, tertipnama, esaslandyryş şertnamasy), döwlet notarial edarasynda galdyrylýan resminamalaryň ýanyna nusgalaryny galdyrmak bilen talap edilmelidir.

Munuň üçin döwlet notariusy tarapyndan şu aşakdaky resminamalar talap edilýär:

esaslandyryjynyň paýyny hakyky görnüşde bölüp bermek barada esaslandyryjylaryň ýygnagynyň teswirnamasy (ýa-da onuň göçürmesi);

gozgalmaýan emläk babatyndaky hukuk belleýän resminamalar;

eger-de paýy bölüp bermeklik ýuridik şahsyň ýatyrylmagy bilen baglylykda bolup geçýän bolsa, onda ýokarda sanalyp geçilen resminamalardan başga-da döwlet notariusy paýyň bölünip berilmegi baradaky geleşigi amala aşyrmak boýunça ýatyryjynyň (ýatyrýan toparyň) çözgüdini we ýatyryjynyň (ýatyrýan toparyň) ygtyýarlylygyny tassyklaýan resminamalary talap edýär.

Esaslandyryş şertnamasy kärhanany döretmegiň esasy hasaplanylýar. Kärhananyň tertipnamasy ýuridik şahs hökmünde kärhananyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän resminamasydyr.

Döwlet notariusy şol resminamalaryň esasynda esaslandyryjylaryň sanawy, maýalyk gorynyň möçberi,  her bir esaslandyryjynyň geçiren pul goýumy, natural görnüşde ýa-da emläk hukuklary görnüşinde geçiren goýumynyň pul bahasynyň düzümi, möçberi we möhletleri hakyndaky maglumatlary barlamalydyr.

Eger esaslandyryş şertnamasy tarapyndan başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, her bir gatnaşyjynyň maýalyk gorunyň umumy jemine bolan goýum gatnaşygy gatnaşyjynyň maýalyk goryndaky paýy bolup durýar. Şeýle paý arifmetiki ýa-da göterimlerde aňladylyp bilner. Esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) kärhananyň maýalyk goryndaky goýumlarynyň (paýlarynyň) möçberi, esaslandyryjylaryň (gatnaşyjylaryň) arasyndaky ylalaşyk boýunça takyklanylýar.

Kärhananyň emlägi onuň balansynda göz öňünde tutulýar.

Umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama degişli bellige alyş döwlet edarasynda döwlet belligine alynmalydyr.

 

3. Hususy kärhana ýatyrylanda gozgalmaýan emläge eýeçilik

hukugy hakynda şahadatnama bermegiň şertleri

 

162. Hususy (ýekebara) kärhana ýatyrylandan soň döwlet notariusy onuň eýesiniň ýazmaça arzasy boýunça ýatyrylan hususy kärhananyň gozgalmaýan emlägine eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berýär.

Hususy kärhana bir fiziki tarapa degişli bolan kärhana hasaplanylýar. Onuň esaslandyryş namasy eýe tarapyndan tassyklanylýan edaranyň tertipnamasy bolup durýar.

Eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnama degişli bellige alyş döwlet edarasynda döwlet belligine alynmalydyr.

Kärhananyň işi, onuň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylan pursatyndan başlap, bes edilen hasap edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan onuň Türkmenistanyň edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylandygy barada göçürme berilýär.

 

4. Gozgalmaýan emlägiň jemagat söwdalardan edinilenligi hakynda şahadatnama bermek

 

163. Jemagat söwdalardan gozgalmaýan emlägiň satylanlygy barada nama esasynda döwlet notariusy satyn alyja gozgalmaýan emlägiň jemagat söwdalardan edinilenligi hakynda şahadatnama berýär.

Gozgalmaýan emlägiň jemagat söwdalardan edinilenligi hakynda şahadatnama gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça  notarial edarasynda berilýär.

164. Döwlet notariusy eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berende gozgalmaýan emlägiň degişliligi hakynda hukuk belleýji resminamany hem-de degişli bellige alyş döwlet edarasynyň degişli resminamasy esasynda gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlygyň ýa-da ony gozgamasyz etmegiň ýokdygyny barlaýar.

Eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnama degişli bellige alyş döwlet edarasynda döwlet belligine alynmalydyr.

 

VII.Ýaşaýyş jaýyny ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägi

aýrybaşgalamaga gadaganlygyň (gozgamasyzlygyň) girizilmegi

 

165. Jaýy (jaýyň bir bölegini), öýi gurmak, satyn almak ýa-da beýleki gozgalmaýan ýa-da döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi edinmek üçin, şeýle hem emlägi (şeýle emläge bolan hukugy) girewe goýmak barada şertnama tassyklanylanda görkezilen emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça döwlet notariusy karz edaralarynyň ýa-da ýuridik şahslaryň fiziki şahslara karz bermek barada habarnamalary boýunça, Kanunyň 85-nji maddasy esasynda bu emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk girizýär.

Gozgalmaýan we döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi (şeýle emläge bolan hukugy) girewe goýmak barada şertnama tassyklananda döwlet notariusy olaryň ýerleşýän ýeri boýunça bellige alyş edaralaryna şeýle şertnamanyň tassyklananlygy we gadaganlygyň girizilenligi barada ýazmaça görnüşde habar berýär.

166. Gadaganlygyň girizilmegi ssuda berilmegi hakyndaky bank edarasynyň, kärhananyň we guramanyň habarnamasynda, girew hakyndaky şertnamada   bu barada bellenilen görnüşdäki ýazgyny ýazmak arkaly geçirilýär. Döwlet notariusynyň gadaganlygyň girizilmegi hakyndaky ýazgysy bilen habarnamanyň bir görnüşi ssudany, karzy beren degişli bank edarasyna, kärhana hem-de gurama,  bir görnüşi  gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýerindäki degişli bellige alyş edarasyna (hasaba alyş döwlet edarasyna) iberilýär, bir görnüşi karz alyja berilýär we habarnamanyň bir görnüşi döwlet notarial edarasynyň işlerinde galdyrylýar.

167. Gadaganlyk girizmäniň bellenilmegi döwlet notariusy tarapyndan gadaganlyk girizmegi bellige almak üçin sanawda bellige alynýar. Şol sanawda gozgalmaýan emläge gozgalmasyz etmegiň bellenilendigi hakynda kazyýetiň hem-de derňew edaralarynyň habary hem bellige alynýar.

Gadaganlyk girizmek we gozgamasyz etmek bellenilen mahaly bu barada Gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk girizilmegini we gozgamasyz edilmegini bellige alyş  kitabynda we Gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk girizilmegini we gozgamasyz edilmegini bellige alyş elipbiý kitabyna ýazgy ýazylýar.

168. Döwlet notariusy bank edarasyndan, kärhanadan ýa-da guramadan ssudanyň üzülişilendigi hakyndaky habarnamasyny ýa-da girew goýmak baradaky şertnamanyň bes edilendigi hakyndaky habary alyp, ýaşaýyş jaýynyň (jaýyň bir böleginiň) ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlygy aýyrýar.

Döwlet notarial edarasy ýaşaýyş jaýyny (jaýyň bir bölegini) ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýerindäki bellige alyş döwlet edarasyna gadaganlygyň aýrylandygy barada habar berýär.

Döwlet notariusy gadaganlygyň aýrylandygy hakynda, şeýle hem gozgalmaýan emläge gozgalmasyz etmegi bellän kazyýet ýa-da derňew edaralary tarapyndan onuň aýrylandygy hakynda Gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk girizilmegini we gozgamasyz edilmegini bellige alyş kitabynda we Gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk girizilmegini we gozgamasyz edilmegini bellige alyş elipbiý kitabynda degişli ýazgy ýazýar.

Kazyýetiň we derňew edaralarynyň gozgalmasyz etmegi aýyrmak hakyndaky habary döwlet notarial edarasynyň işlerinde galdyrylýar.

 

VIII.Resminamalaryň nusgalarynyň we şol resminamalardan

göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk etmek

 

169. Döwlet notariusy fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan berlen resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şol resminamalar we olaryň mazmuny Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän we ýuridik ähmiýeti bolan şertinde ýazmaça görnüşde şaýatlyk edýär.

Pasportlaryň nusgasyna, harby biletleriniň, partiýa, kärdeşler arkalaşygy we beýleki jemgyýetçilik birleşiginde agzalyk barada resminamalaryň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň şahadatnamalarynyň,gulluk şahadatnamalarynyň (maýyplaryň we Beýik watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň şahadatnamalary hem-de ýeňillikler üçin şahadatnamalar muňa girmeýär) nusgalaryna, №1 görnüşdäki ýazmaçalaryň (pasport hakyndaky maglumatlardan ybarat bolan), lukmançylyk delilhatlarynyň, buhgalterçilik, maliýe hem-de gümrük resminamalarynyň, ýuridik şahslaryň şol taraplaryň möhüri bilen berkidilmedik, çykyş belgisi we senesi bolmadyk resminamalarynyň, ýuridik şahslaryň içerki resminamalarynyň, pozulyp aýrylan ýerleri, şübhe döredýän goşmaça ýazgylary  bolan resminamalaryň, şeýle hem göçürme nusgalarynyň dogrulygyna güwä geçmäge ýol berilmeýän beýleki resminamalaryň göçürme nusgalarynyň dogrulygyna şaýatlyk etmek gadagan edilýär.

170. Mazmuny diňe aýratyn meselelere degişli resminamalardan göçürmeleriň dogrulygy tassyklanyp bilner. Göçürme resminamada beýan edilen meseleleriň birine ýa-da birnäçesine degişli böleginiň doly ýazgysyny öz içine almalydyr.

171. Resminamanyň nusgasyndan edilen nusganyň dogrulygyna ilkinji nusganyň dogrulygy notarial tertipde tassyklanylan ýa-da resminamanyň nusgasynyň hakyky resminamanyň gelip çykýan ýuridik şahsy tarapyndan berlen şertinde döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan şaýatlyk edilýär. Soňky halatda resminamanyň nusgasy bu ýuridik şahsyň blankynda taýýarlanan, möhür basylyp berkidilen bolmalydyr we resminamanyň asyl nusgasynyň ýuridik şahsda ýerleşýänligi barada bellik bolmalydyr.

172. Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň adamlaryň şahsy hukuklaryna we bähbitlerine degişli namalarynyň nusgalarynyň dogrulygyna şaýatlyk etmek işi diňe birinji döwlet notarial edaralarynda geçirilýär.

173. Şaýatlyk edilýän resminamanyň  nusgasy ýa-da onuň göçürmesi onuň asyl nusgasy bilen deňeşdirilýär.

 

IХ. Resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmek

 

174. Döwlet notariusy mazmuny Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän we geleşikleriň beýany bolmadyk resminamadaky goluň hakykylygyna şaýatlyk edýär.

175. Döwlet notariusy sowatsyzlygy, synasynda ýetmezçiligi ýa-da keselliligi ýa-da beýleki sebäpler netijesinde öz eli bilen gol çekip bilmeýän şahs üçin gol çekeniň golunyň hakykylygyna şaýatlyk edeninde, şu Düzgünnamada bellenilen düzgünleri ulanyp, saglygy goraýyş edarasynyň kepilnamasyny talap edip biler we gol çeken şahsyň hem, şol şahs üçin gol çekeniň hem şahsyýetini anyklaýar.

176. Geleşigiň beýanyny görkezýän şertnamada, wesýetnamada, ynanç hatynda we başga resminamada, diňe  sowatsyzlygy, synasynda ýetmezçiligi ýa-da keselliligi zerarly ýa-da başga sebäpler boýunça öz eli bilen gol çekip bilmeýäne derek başga bir gol çeken şahsyň golunyň hakykylygyna şaýatlyk edilip bilner.

177. Eger resminamada şaýatlyk etmek hukugy diňe döwlet edarasyna  degişli bolan ýagdaýlar (doglan, nikalaşan, ölen wagty we başgalar) tassyklanylýan bolsa, şol resminamada şahsyň golunyň hakykylygyna şaýatlyk edilip bilinmez.

Şol resminamadaky gollaryň hakykylygyna, eger resminama kazyýete ýa-da daşary ýurt döwletiniň beýleki edarasyna hödürlemek üçin niýetlenilen bolsa, şeýle halatlarda şaýatlyk edilip bilner.

178. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, wezipeli adamlarynyň, fiziki we ýuridik şahsy döretmezden telekeçileriň Merkezi bankynyň edaralaryna we beýleki karz edaralaryna berilýän resminamalardaky gollarynyň nusgalaryna şaýatlyk edilýän mahaly, döwlet notariuslary olaryň gollarynyň hakykylygyny we gol çekmek hukugyna ygtyýarlyklaryny barlaýar.

Ygtyýarlyklary tassyklamak üçin döwlet notariusyna şular berilmelidir: wezipeli adamyň bellenilendigi hakyndaky buýruk ýa-da saýlanylandygy hakyndaky teswirnama, bellenilen tertipde tassyklanylan tertipnama ýa-da düzgünnama, ýa bolmasa ýolbaşçynyň adyna oňa ýokarda durýan gurama tarapyndan berlen ynanç haty, telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasy.

Resminamada şol guramanyň möhrüniň düşürilen yzynyň nusgasy bolmalydyr. Eger guramada möhür ýok bolsa, ol bu ýagdaýy tassyklaýan degişli resminamany bermelidir (hasabyň eýesi babatda ýokarda duran guramanyň beren kepilnamasy we başgalar) we resminamada «möhrüň düşürýän yzy bolmazdan» diýlen bellik edilýär.

 

Х. Terjimäniň dogrulygyna şaýatlyk etmek

 

179. Döwlet notariusy bir dilden beýleki dile edilen terjimäniň dogrulygyna, eger ol degişli dili bilýän bolsa, şaýatlyk edýär.

Eger döwlet notariusy degişli dilleri bilmeýän bolsa, terjime terjimeçi tarapyndan edilip bilner, şunda döwlet notariusy tarapyndan terjimeçiniň golunyň hakykylygyna şaýatlyk edilýär.

180. Eger notarial hereketleri amala aşyrylan (geleşikler tassyklanýan,  nusgalaryň dogrulygyna şaýatlyk edilýän we başgalar)  mahaly,  şol bir wagtyň özünde başga dile terjime edilýän bolsa, şonda terjime asyl nusgasy bilen bir sahypada, iki ýazgy hem birlikde bir sahypada hakyky ýazgynyň çep tarapynda, terjimesiniň bolsa, sag tarapda ýerleşmegi üçin dik çyzyk bilen arasy bölünen ýagdaýda ýerleşdirilýär. Terjime edilýän resminamanyň ähli ýazgysy terjime edilmelidir we onuň ahyrynda gol bilen tamamlanmalydyr. Terjime, dili bilýän döwlet notariusy tarapyndan terjime edilen bolsa, ýazgylaryň aşagynda adaty tassyklaýjy ýazgy ýazylýar. Eger terjime terjimeçi tarapyndan amala aşyrylýan bolsa, onuň goly terjimäniň aşagynda ýerleşdirilýär. Tassyklaýjy ýazgysy resminamanyň we onuň terjimesiniň ýazgysynyň aşagynda beýan edilýär.

Şunda terjimeçi terjime edilen resminamada öz eli bilen terjimäniň özi tarapyndan ygtybarly terjime edilendigini beýan edýär we gol çekýär. Eger fiziki we ýuridik şahsyň wekili terjime edýän bolsa, döwlet notariusy olaryň terjimeçilik işi bilen meşgullanmaga bolan ygtyýarlylygyny barlaýar we degişli resminamanyň   nusgasyny galdyrýar.

Döwlet notariusy şu Düzgünnamanyň 17-nji bölüminiň talaplaryna laýyklykda terjimeçiniň şahsyýetini anyklaýar.

Asyl nusgadan aýry tagta kagyza ýerleşdirilen terjime asyl nusgadaky resminama berkidilýär, çatylýar we döwlet notariusynyň goly hem-de möhri bilen berkidilýär.

 

XI. Faktlaryň tassyklanylmagy

 

1. Adamyň diriligi baradaky fakty tassyklamak

 

181. Döwlet notariusy ýazmaça arza boýunça adamyň diriligi baradaky halaty tassyklaýar. 7 ýaşy dolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň diridigi hakyndaky halata onuň kanuny wekilleriniň (ata-eneleriň, perzentlige alanlaryň, hossarlaryň) ýazmaça arzasy boýunça, 7 ýaşdan 18 ýaşa çenlileri bolsa, olaryň haýyşy hem-de kanuny wekilleriniň (ata-eneleriň, perzentlige alanlaryň, hossaryň, howandaryň) razylygy bilen geçirilýär.

182. Adamyň diridigi baradaky halaty, ol döwlet notarial edarasyna gelen mahaly hem, bu ýagdaýa döwlet notariusy tarapyndan şu Düzgünnamanyň 14-nji bölümine laýyklykda döwlet notarial edarasynyň jaýyndan daşarda tassyklanylan mahaly hem anyklanylýar.

Adamyň diridigi baradaky halaty tassyklamak üçin, döwlet notariusy gyzyklanýan şahslara şahadatnama berýär, onuň nusgasy bolsa döwlet notarial edarasynyň işlerinde saklanylýar.

 

2. Adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklamak

 

183. Döwlet notariusy adamyň ýazmaça arzasy boýunça onuň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklaýar. 7 ýaşy dolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň kesgitli bir ýerde barlygy hakyndaky halaty onuň kanuny wekilleriniň (ata-eneleriň, perzentlige alanlaryň, hossarlaryň) ýazmaça arzasy boýunça, kämillik ýaşyna ýetmedigiň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklamak onuň kanuny wekilleriniň (ata-enesiniň, perzentlige alanlaryň, hossarlarynyň, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedige hossarlyk ýa-da howandarlyk edýän edaralaryň we guramalaryň arzasy esasynda geçirilýär.

184. Adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty, ol döwlet notarial edarasyna gelen mahaly hem, şu Düzgünnamanyň 14-nji bölümine laýyklykda döwlet notarial edarasynyň jaýyndan daşarda döwlet notariusy tarapyndan tassyklanylan mahaly hem anyklanylýar.

Adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada halaty tassyklamak üçin döwlet notariusy gyzyklanýan şahslara şahadatnama berýär, onuň nusgasy bolsa, döwlet notarial edarasynyň işlerinde saklanylýar.

 

3. Adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen

kybapdaşlygyny tassyklamak

 

185. Döwlet notariusy ýazmaça arza boýunça, adamyň ýüz keşbiniň şol adam tarapyndan berlen suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýar, tassyklamak bilen bu barada oňa şahadatnama berilýär.

Suratdaky şekil döwlet notariusynyň goly we möhri bilen berkidilen şahadatnamanyň berilýän görnüşiniň ýokarky çep burçunda ýerleşdirilýär, şunda möhriň bir bölegi suratdaky şekilde, bir bölegi bolsa şahadatnamada ýerleşdirilmelidir. Berilýän şahadatnamanyň nusgasy döwlet notarial edarasynyň işlerinde galdyrylýar.

 

4. Resminamalaryň görkezilen wagtyny tassyklamak

 

185. Döwlet notariusy riziki we ýuridik şahsyň ýazmaça arzasy boýunça, özüne resminamanyň görkezilen wagtyny tassyklaýar. Bu baradaky tassyklaýjy ýazgy, ony görkezen şahsy görkezmek bilen döwlet notariusy tarapyndan resminamada bellenilýär.

Görkezilen wagtyny tassyklaýan resminamalar dürli-dürli bolup biler - oýlap tapyşyň teswiri, beýleki ylmy we edebi işler, iş saparynyň şahadatnamalary we başgalar.

Resminamalaryň görkezilen wagty tassyklanan mahaly döwlet notariusy resminamany beren adamyň şahsyýetini ýa bolmasa ýuridik şahsyň wekiliniň ygtyýarlylygyny hem-de şahsyýetini anyklaýar.

Görkezilen wagty tassyklamak zerur bolan resminama döwlet notariusyna azyndan üç nusgada berilýär.

Eger resminamany 3 (üç) sany asyl nusgada bermek mümkin bolmasa, şonda döwlet notarius, şol resminamanyň nusgasynyň dogrulygyna şaýatlyk edýär we her 1 (bir) nusgada görkezilen wagty hakynda tassyklaýjy ýazgysyny ýazýar. Şunda 2 (iki) nusgasy, şol sanda asyl nusgasy gyzyklanýan şahsa zerurlyk ýüze çykan mahaly 1 (bir) nusgany degişli ýerine ibermäge mümkinçilik bolar ýaly oňa berilýär, 1 (bir) nusgasy döwlet notarial edarasynyň işlerinde galýar.

Eger döwlet notariusyna bir wagtyň özünde birnäçe resminama berlen bolsa, tassyklaýjy ýazgysy olaryň her birine ýazylýar.

 

XII. Fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny beýleki fiziki we ýuridik şahslara bermek

 

186. Döwlet notarial edaralary fiziki we ýuridik şahslardan arzalary kabul edýärler we olary beýleki  fiziki we ýuridik şahslara berýärler.

Arzalar döwlet notarial edaralaryna azyndan 2 (iki) nusgada berilýär, olaryň bir nusgasy yzyna habarly edilmegi bilen, poçta boýunça ýa-da gol çekdirilip degişli şahsyň hut özüne berilýär, beýleki nusgasy (nusgalary) bolsa, döwlet notarial edarasynyň işlerinde galýar.

Eger arza aragatnaşyk arkaly berlen bolsa, ol degişli ýerine ýany bilen ugradylýan döwlet notarial edarasynyň haty bilen iberilýär.

Ýany bilen ugradylýan hatyň döwlet notarial edarasynyň işlerinde galýan görnüşine berlen arzanyň, bellige alnan sanawdaky belgisi görkezilýär we döwlet pajynyň tölenilendigi hakynda bellik edilýär.

Arza poçta boýunça berlen mahaly, poçta çykdajylary bu notarial hereketiniň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan şahslar tarapyndan tölenilýär.

187. Arza beren şahsyň haýyşy boýunça oňa arzanyň berlendigi hakynda şahadatnama berilýär.

Şahadatnamada arzanyň berlendigi, arza alnan jogabyň mazmuny ýa-da bellenilen möhletde jogabyň berilmändigi barada görkezilip bilner.

Arzalaryň berilmegi we arzalaryň berlendigi hakynda şahadatnamalaryň berilmegi Sanawda bellige alynýar.

 

XIII.Puly we gymmatly kagyzlary depozite kabul etmek

 

188. Döwlet notariusy Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 444-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda algydara bermek üçin bergidardan döwlet notarial edarasynyň depozitine puly we gymmatly kagyzlary kabul edýär.

Pul möçberleri we gymmatly kazgyzlary kabul etmek işi döwlet notarial edarasy tarapyndan borçnamanyň ýerine ýetirilen ýerinde geçirilýär.

189. Pul möçberleri we gymmatly kagyzlar depozite kabul edilen mahaly döwlet notariusy bergidardan öz familiýasyny, adyny, atasynyň adyny (ýa-da guramanyň ady), özüne bermek üçin pul möçberi ýa-da gymmatly kagyzlar girizilen şahsyň salgysyny, adyny we soňky mälim bolan salgysyny, şol boýunça borçnamanyň gönüden-göni ýerine ýetirilip bilinmejek sebäplerini ýazmaça habar bermegi talap edýär. Bergidar şeýle hem, esaslandyrmany we ol boýunça goýum girizilýän hasaplamany görkezip biler.

Döwlet notariusy borçnama degişli zatlary (pul möçberlerini, gymmatly kagyzlary) notarial edarasynyň depozitine kabul etmek bilen, goýumyň esasyny, ýagny karzdaryň hukuklarynyň we bergidaryň borçlarynyň ýüze çykmagynyň esasyny barlamaýar.

190. Döwlet notariusy depozite pul möçberlerini ýa-da gymmatly kagyzlary girizen şahsa goýum hakyndaky töleg hatyny berýär.

Bergidaryň haýyşy boýunça goýum hakyndaky ýazgy (bergini belleýän) berilen resminamada ýazylyp bilner.

191. Döwlet notarial edarasy pul möçberleriniň we gymmatly kagyzlaryň gelip gowuşmagy hakynda karzdary habarly edýär we onuň talaby boýunça oňa degişli pul möçberlerini we gymmatly kagyzlary berýär.

Eger bergidar tarapyndan karzdaryň salgysy görkezilmedik bolsa we döwlet notariusyna bu salgy näbelli bolsa bergidar  pullaryň ýa-da gymmatly kagyzlaryň girizilendigi  hakynda karzdara habar bermek onuň borjy bolup durýandygy duýdurylýar.

192. Eger pul möçberleri döwlet notarial edarasyna poçta boýunça ýa-da karz edaralaryndan gelip gowşan bolsa,  gelip gowşan pul möçberlerinden  degişli döwlet pajy tutulyp alynýar, galyndy bolsa, depozite kabul edilýär.

193. Pul möçberleriniň we gymmatly kagyzlaryň olary depozite tabşyran şahsa (debitora) gaýtaryp berilmegine diňe peýdasyna goýum goýlan şahsyň (karzdaryň) ýazmaça beren razylygy boýunça ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça ýol berlip bilner.

194. Döwlet notarial edarasynyň depozit hasabynda pullar we gymmatlyklar bir ýyla çenli möhlet bilen saklanýar. Eger şu möhletiň dowamynda karzdar  zady kabul etmese, onda bu hakda bergidara habar berlip, onuň saklamak  üçin berlen zady özüne gaýtaryp almagy talap edilýär. Eger bergidar  zady gaýtaryp bermek üçin zerur bolan möhletiň dowamynda  zady almasa, onda şol zat döwlet emlägi diýlip hasap edilýär.

Sanalyp geçilen talap edilmedik depozit pul möçberleri döwlet býujetiniň girdejisine görkezilen möhletiň tamamlanmagy boýunça bir aýdan gijä goýman geçirilýär.

195. Depozit pul möçberleriniň hasabyny ýöretmek Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde geçirilýär.

 

XIV. Ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrmak

 

196. Bergidardan pul möçberlerini töledip almak ýa-da emlägi talap edip almak üçin döwlet notariusy bergiler kesgitlenilýän resminamalarda (elektroenergiýa, suwa, gaza, telefona, kitaphana, karz gatnaşyklary boýunça bergiler üçin we ş.m.) ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrýarlar.

Geňeşleriň bergileri hakyndaky resminamalar boýunça ýerine ýetiriliş ýazgylary berjaý edilmeýär.

197. Ýerine ýetiriliş ýazgysy şu halatlarda amala aşyrylýar, ýagny:

eger berlen resminamalar berginiň jedelsizdigini ýa-da bergidaryň talapkäriň öňündäki başga jogapkärçiligini tassyklaýan bolsa, girew hakyndaky şertnama boýunça bolsa - döwlet notarial edarasynyň ýerine ýetiriliş ýazgysy boýunça bergini tutup almaklyk girew şertnamasynda göz öňüne tutulan bolsa;

eger hak isleýiş arzasyny bermäge hukuk dörän gününden başlap 3 (üç) ýyldan köp wagt, ýuridik şahslaryň arasynda bolsa 1 (bir) ýyldan köp wagt geçmedik  bolsa.

Eger talap etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan başga hili  uzak möhlet bellenilen bolsa,  ýerine ýetiriliş ýazgysy şol möhletiň çäklerinde berilýär.

Ýerine ýetiriliş ýazgysynyň berjaý edilmeli möhletleri, talapkärde bergini mejbury tutup almak hukugy ýüze çykan gününden başlap hasaplanylýar.  

198. Ýerine ýetiriliş ýazgysy berjaý edilen mahaly, döwlet notariusy bergini tutup almagy esaslandyrmak üçin, şolar boýunça ýerine ýetiriliş ýazgylarynyň esasynda jedelsiz tertipde geçirilýän resminamalaryň sanawynda görkezilen resminamalaryň berlendigini barlamaga borçludyr.

199. Ýerine ýetiriliş ýazgysy şulary özünde jemlemeli, ýagny:

ýerine ýetiriliş ýazgysyny berjaý edýän döwlet notariusynyň wezipesi, familiýasy we adynyň, atasynyň adynyň baş harplary;

talapkäriň familiýasy, ady, atasynyň ady (ady) we salgysy;

bergidaryň familiýasy, ady, atasynyň ady (ady) we salgysy;

töledilmegi amala aşyrmak möhletiniň görkezilmegi;

töledilmäge degişli möçberleriň ýa-da talap edilip alynmaga degişli zatlaryň, şol sanda puşmany pulunyň, göterimleriň görkezilmegi, eger şolar alynmaga degişli bolsa;

talapkäriň tölän döwlet pajynyň ýa-da bergidaryň tölemäge degişli möçberiniň görkezilmegi;

ýerine ýetiriliş ýazgysynyň berjaý edilen senesi (ýyly, aýy, güni);

ýerine ýetiriliş ýazgysynyň sanawda bellige alnan belgisi;

ýerine ýetiriliş ýazgysyny berjaý eden döwlet notariusynyň goly we möhri.

200. Ýerine ýetiriliş ýazgysy resminamanyň asyl nusgasynda beýan edilýär, ýerine ýetiriliş ýazgysy bergini belleýän resminamadan aýry berjaý edilmeýär. Eger resminamanyň asyl nusgasynda ýerine ýetiriliş ýazgysyny berjaý etmek üçin ýer ýeterlik bolmasa, ol aýratyn tagta kagyz sahypasynda berjaý edilmelidir, ol bolsa resminama berkidilip tikilmelidir, belgilenmelidir, döwlet notariusy tarapyndan gol çekilmelidir  we möhri bilen berkidilmelidir.

Eger bergini kesgitleýän resminama boýunça töledilmegi bölekleýin geçirmeli bolsa, şonda ýerine ýetiriliş ýazgysy  her bir töledilmek boýunça şol resminamanyň nusgasynda ýa-da bergidaryň belli bir şahs üçin açylan hasabynyň göçürmesinde berjaý edilip bilner. Şu halatlarda bergini kesgitleýän asyl nusgadaky resminamada töledilmäge degişli pul möçberini, onuň notarial hereketlerini bellige almak üçin sanawda bellige alnan senesini we belgisini görkezmek bilen, ýerine ýetiriliş ýazgysynyň berjaý edilendigi hakynda bellik edilýär.  

201. Döwlet notarial edarasynda bergini kesgitleýän resminamanyň nusgasy ýa-da bergidaryň belli bir şahs üçin açylan  hasabyndan göçürme we ýerine ýetiriliş ýazgysynyň  nusgasy galdyrylýar.

Şol bir ýagdaý boýunça soňky her bir ýerine ýetiriliş ýazgysy amala aşyrylan mahaly bergini kesgitleýän  resminamanyň nusgasynyň gaýtadan berilmegi talap edilmeýär. Şu halatlarda hakyky borçnamany we belli bir şahs üçin açylan hasabyndan göçürmäni iki görnüşde bermek ýeterlikdir. Ýerine ýetiriliş ýazgy bilen göçürmäniň we hakyky borçnamanyň bir nusgasy talapkäre gaýtarylyp berilýär, beýleki nusgasy bolsa, döwlet notarial edarasynda galdyrylýar.

202. Birmeňzeş görnüşdäki bergini kesgitleýän resminamalar boýunça (bank karzlary we başgalar) birnäçe ýerine ýetiriliş ýazgysy berjaý edilen mahaly, döwlet notarial edarasynda bergini (bergidarlaryň biri üçin) belleýän resminamanyň 1 (bir) nusgasy we bergidarlaryň doly adyny we salgysyny, tölegleriň möhletlerini, ýerine ýetiriliş ýazgysy boýunça töledip almagyň möçberlerini, zerurlyk ýüze çykan mahaly bolsa, beýleki maglumatlary hem görkezmek bilen, özleri barasynda töledip almak üçin ýerine ýetiriliş ýazgysy berjaý edilen bergidarlaryň sanawy  galdyrylyp bilner.

203. Eger ýerine ýetiriliş ýazgysyny berjaý etmek üçin bergini kesgitleýän resminamadan başga ýerine yetiriliş ýazgylary esasynda şolar boýunça bergini töledip almak jedelsiz tertipde geçirilýän resminamalaryň sanawynda görkezilen beýleki resminamalary hem bermek zerur bolsa, şonda olar ýerine ýetiriliş ýazgysyna goşulmaýar we döwlet notarial edarasynda galdyrylýar.  

204. Çeklerdäki ýerine ýetiriliş ýazgylary töleýjiniň ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hasaplaşyk edarasynyň ýerleşýän ýerinde berjaý edilýär. Ýerine ýetiriliş ýazgylary  döwlet notariusy tarapyndan diňe töleýjiniň (bankyň) ýa-da hasaplaşyk edarasynyň çegiň hödürlenilen gününi görkezmek bilen tölege hödürlenilendigi we tölenilmändigi barada ýazgy bar mahaly, döwlet notariusy tarapyndan berjaý edilýär. Ýerine ýetiriliş ýazgysy berjaý edilen mahaly çegiň tölege wagtynda hödürlenilendigi barlanylýar.

Ýerine ýetiriliş ýazgysy  töleýjiniň (bankyň) çegi tölemekden ýüz dönderen gününden başlap 3 (üç) aýyň dowamynda, çegi tölän ýazgyny ýazan üçin bolsa, töleg tölenen günden başlap 3 (üç) aýyň dowamynda berilýär.

Ýerine ýetiriliş ýazgysy çegi berijiniň garşysyna hem, çek boýunça jogapkär ýazgy ýazanyň garşysyna hem, çegi saklaýjynyň islegi boýunça berjaý edilýär.

Döwlet notariusy ýerine ýetiriliş ýazgysynyň berjaý edilendigi hakynda sanawda bellik edýär we çegi berijä çegiň tölenilmändigi we ýerine ýetiriliş ýazgysynyň berlendigi hakynda habarnamany iberýär.

205. Eger talapkär ýa-da bergidar fiziki şahs bolsa, ýerine ýetiriliş ýazgysy berjaý edilen günden başlap 3 (üç) ýylyň dowamynda, eger Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan başga möhletler bellenilmedik bolsa, galan ähli  talaplar boýunça bolsa,  bir ýylyň dowamynda mejbury ýerine ýetirilmäge degişli bolup biler.

Ýerine ýetiriliş ýazgysyny görkezmek üçin geçirilen möhleti dikeltmek işi Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda  geçirilýär.

 

XV. Wekselleriň garşylyknamalaryny amala aşyrmak.

Çekleri tölege görkezmek we çekleriň tölenmänligini tassyklamak

 

206. Weksel hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölemezlikde, akseptsizlikde we akseptiň senesiniň goýulmazlygynda döwlet notariusy wekseliň garşylyknamasyny geçirýär.

207. Tölemezlikde weksellere garşylyknamalar tölegçiniň ýerleşýän ýerindäki ýa-da töleg ýerindäki (domisilirlenilen wekseller, ýagny üçünji tarapda tölenilmäge degişli wekseller), aksept däl we senesi goýulmadyk aksepte weksellere garşylyknama bolsa - töleýjiniň ýerleşen ýerindäki döwlet notarial edaralary tarapyndan geçirilýär.

208. Tölemezlikde garşylyknamany berjaý etmek üçin weksel döwlet notarial edarasy tarapyndan weksel boýunça töleg senesi geçenden  soň gelýän günde, ýöne şol möhletden soň gelýän günüň sagat 12-den gijä goýman kabul edilýär.

Weksel Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, aksepte hödürlemek üçin, eger weksel şol möhletiň soňky gününde aksepte berlen bolsa, şol möhletden soňky gelýän güni, sagat 12-den giç bolmadyk möhletiň soňky güni garşylyknamany berjaý etmek üçin,  aksept däle kabul edilip bilner.

Weksellere garşylyknama Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan möhletlerde geçirilýär.

209. Weksel garşylyknama kabul edilen günde döwlet notarial edarasy töleýjä ýa-da domisilianta (domisilirlenilen wekseli töleýän şahsa)  wekseliň tölegi (ýa-da aksept) hakyndaky talaby bildirýär.

Eger tölegçi (domisiliant) wekseli tölese, döwlet notarial edarasy garşylyknama geçirmän, wekseli şol wekseliň özünde, bellenilen görnüşde tölegleriň we beýleki hasaplanylan pul möçberleriniň alnandygy hakyndaky ýazgy bilen wekseli tölän şahsa gaýtaryp berýär.

Eger tölegçi geçirilýän wekselde aksept baradaky bellik etse, weksel garşylyknamasyz wekseli saklaýja gaýtarylyp berilýär.

210. Tölegçiniň (domisiliantyň) wekseli tölemekden ýa-da akseptirlemekden ýüz döndermegi alnan ýa-da ol döwlet notarial edarasyna gelmedik halatynda, döwlet notariusy tölenilmezlikde ýa-da akseptirlemezlikde garşylyknama hakynda bellenilen görnüşde ykrarnama düzýär we sanawda degişli ýazgy ýazýar, şeýle hem wekseliň özünde tölemezlikde we akseptizlikde garşylyknama hakynda bellik edýär.  

211. Eger tölegçiniň bolýan ýeri nämälim bolsa, weksele garşylyknama tölege ýa-da wekseliň akseptine talap bildirilmezden, garşylyknama hakyndaky ykrarnamada we sanawda degişli bellik etmek bilen amala aşyrylýar.

212. Garşylyknama girizilen weksel wekseli saklaýja ýa-da onuň ygtyýarly edilen şahsyna berilýär.

213. Tölegçiniň bolýan ýerindäki döwlet notarial edarasy weksel garşylyknamasynyň berlen 10 (on) gün geçenden soň çekleri tölege kabul edýär, daşary ýurt çeklerini bolsa, olaryň berlen gününden 6 (alty) aý geçeninden soň, ýöne şol möhletden soň gelýän gün, sagat 12-den gijä goýman kabul edýär.

Döwlet notariusy şol günüň özünde çegi tölemek üçin banka hödürleýär. Çek tölenmedik halatynda, döwlet notariusy çekde bellenilen görnüşde ýazgy etmek arkaly, çegiň tölenmändigini tassyklaýar we ol barada sanawda bellik edýär.

Çeke şol bir wagtyň özünde ýazgy etmek bilen çek berijä onuň çekiniň bank tarapyndan tölenmändigi  hakynda we çeke ýazgy edilendigi  barada habarnamany iberýär.

Çek tölenilmedik halatynda, çek saklaýjynyň haýyşy boýunça döwlet notariusy ýerine ýetiriliş ýazgysyny şu Düzgünnamanyň 188-nji bölüminde bellenen kadalar boýunça berjaý edýär.

 

XVI. Resminamalaryň saklamak üçin kabul edilmegi

 

214. Döwlet notarial edaralary ýazmaça arza boýunça resminamalary  saklamak üçin, teswir geçirmek arkaly kabul edýärler. Teswir 2 (iki) görnüşde (nusgada) düzülýär we oňa resminamalary saklamaga tabşyran şahs we döwlet notariusy gol çekýär. Teswiriň bir görnüşi  resminamalary saklamaga tabşyran şahsa berilýär, beýleki bir görnüşi, döwlet notarial edarasynyň işlerinde galdyrylýar.

Resminamalaryň saklamak üçin kabul edilendigini tassyklamak üçin, olary saklamaga tabşyran şahsa teswiriň bir görnüşi bilen şahadatnama berilýär, şahadatnamanyň bir görnüşi bolsa teswir bilen bilelikde döwlet notarial edarasynda galdyrylýar.

215. Şahsyň haýyş etmegi boýunça döwlet notariusy resminamalary, eger olar döwlet notariusynyň gatnaşmagynda gaplanan bolsa, teswirsiz kabul edip biler. Şol gap  döwlet notariusynyň goly we möhri bilen hem-de resminamalary saklamaga tabşyran şahsyň  goly bilen berkidilýär.

216. Kabul edilen resminamalar möhür bilen möhürlenilen demir şkaflarda ýa-da seýflerde aýratyn bukjada saklanylýar.

217. Resminamalary saklamagyň möhleti gyzyklanýan şahsyň arzasynda görkezilen möhlete laýyklykda kesgitlenilýär we döwlet notariusy tarapyndan berilýän, resminamalary saklamak üçin kabul etmek hakynda şahadatnamada görkezilýär. Döwlet notariusy şahadatnamada aýdylyp geçilen möhletiň dowamynda, eger saklanylmaly möhlet görkezilmedik bolsa, resminamalar talap edilip alynýança resminamalaryň saklanylmagy üçin jogap berýär.

Resminamalar, olary saklamak üçin tabşyran şahsyň (ýa bolmasa onuň wekiliniň) ýazmaça arzasy esasynda, şahadatnamada aýdylyp geçilen möhletden öň hem berlip bilner.

218. Saklamak üçin kabul edilen resminamalar  olary saklamaga tabşyrana ýa-da kanuny taýdan ygtyýarly edilen şahsa döwlet notariusy tarapyndan berlen şahadatnamanyň we teswiriniň hödürlenmegi boýunça ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça gaýtarylyp berilýär.

219. Resminamalary saklamak üçin tabşyran şahs ölen halatynda, bu resminamalar kanun arkaly bellenilen tertipde berlen Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamanyň esasynda mirasdarlara berilýär.

 

XVII. Deňiz garşylyknamalarynyň amala aşyrylmagy

 

220. Deňiz garşylyknamasy - munuň özi döwlet notariuslarynyň gämä eýelik edýäniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin subutnamalary üpjün etmek maksady bilen, emläk talaplaryny bildirmek üçin esas bolup biljek, gäminiň ýüzüp ýören ýa-da duran wagty bolup geçen hadysa üçin gäminiň kapitanyndan alýan arzasydyr, şol arza bolsa, gämi eýesine emläk talaplary üçin esas bolup biler.

221. Deňiz garşylyknamasy hakyndaky arzanyň mazmunynda bolup geçen hadysa we kapitanyň özüne ynanylan  emlägiň abatdygyny, tükelligini üpjün etmek üçin gören çäresi beýan edilmelidir.

Deňiz garşylyknamasy baradaky arzada beýan edilen ýagdaý tassyklanylanda gäminiň kapitany arza bermek bilen bir wagtyň özünde  ýa-da gäminiň Türkmenistanyň portuna giren pursatyndan, ýa-da eger hadysa portda bolup geçen bolsa, şol pursatdan soň 7 (ýedi) günden köp möhlet geçirmän döwlet notariusyna gämide ýöredilýän kitaby we gämi kitabyndan göçürmäniň kapitan tarapyndan tassyklanylan nusgasyna seredip çykmak üçin görkezmäge borçludyr.

222. Deňiz garşylyknamasy hakyndaky arza Türkmenistanyň portunda döwlet notarial edarasyna gäminiň porta gelen pursatyndan soň 24 (ýigrimi dört) sagadyň dowamynda berilýär. Eger hadysa, deňiz garşylyknamasy hakyndaky arzany bermäge zerurlyk döreden portda bolup geçen bolsa, garşylyknama hadysanyň bolup geçen wagtyndan soň 24 (ýigrimi dört) sagadyň dowamynda mälim edilmelidir. Eger bellenilen möhletde garşylyknama bildirmäge mümkinçilik bolmadyk bolsa, onda onuň sebäbi deňiz garşylyknamasy hakyndaky arzada görkezilmelidir.

223. Döwlet notariusy gäminiň kapitanynyň arzasy, gämi kitabynyň maglumatlary, gäminiň kapitanyndan, zerur bolan halatynda bolsa gäminiň ekipažynyň beýleki agzalaryndan, azyndan iki şaýatdan sorama esasynda, deňiz garşylyknamasy hakynda delilnama düzýär we ony öz goly hem-de tugraly möhür bilen tassyklaýar. Ykrarnamanyň bir görnüşi gäminiň kapitanyna ýa-da onuň ygtyýarly edilen şahsyna berilýär we bir görnüşi  oňa gäminiň kapitanynyň arzasyny we gämi kitabyndan göçürmäni goşmak bilen, döwlet notarial edarasynda galdyrylýar.

 

XVIII. Subutnamalaryň üpjün edilmegi

 

224. Gyzyklanýan şahslaryň ýazmaça arzasy boýunça döwlet notarial edaralary kazyýetde ýa-da dolandyryş edarasynda işiň ýüze çykan möhüm halatlarynda, eger subutnamalary görkezmek soňra mümkin bolmaz ýa-da kynçylykly bolar diýip çak etmäge esas dörände subutnamalary üpjün etmek işini geçirýär.

Döwlet notarial edaralary gyzyklanýan şahslaryň döwlet notarial edarasyna ýüz tutan pursatyndan başlap, kazyýetiň ýa-da dolandyryş edarasynyň  önümçiliginde bar bolan işler boýunça subutnamalary üpjün etmek işini geçirmeýär.

Eger zerur subutnamalar daşary ýurt döwletleriniň edaralarynda işleri ýöretmek üçin talap edilýän bolsa, subutnamalary üpjün etmek döwlet notarial edaralary tarapyndan gyzyklanýan şahsyň ýüz tutan pursatynda işiň eýýäm daşary ýurt döwletleriniň edaralarynyň iş önümçiliginde bolandygyna garamazdan geçirýär.

Subutnamalaryň üpjün edilmegine gyzyklanýan tarap (geljekki hak isleg bildiriji, çak edilýän jogap beriji) iş sebitinde subutnamalary üpjün etmek boýunça amal hereketleri amala aşyrylmaly döwlet notarial edarasyna arza berýär.

225. Döwlet notariusy subutnamalary üpjün etmek tertibinde şaýatlary soraşdyryp görýär, ýazmaça we zat subutnamalaryny gözden geçirýär, seljermäni belleýär.

Subutnamalary üpjün etmek boýunça amal hereketleri ýerine ýetirilen mahaly döwlet notariuslary Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň degişli kadalaryny goldanýarlar.

226. Döwlet notariusy subutnamalaryň üpjün edilmeli wagty we ýeri hakynda beýleki tarapy hem-de gyzyklanýan şahslary habardar edýär, emma olaryň gelmezligi subutnamalary üpjün etmek boýunça hereketleri ýerine ýetirmek üçin päsgelçilik bolup bilmeýär.

Beýleki tarapy we gyzyklanýan şahslary habardar etmezden subutnamalary üpjün etmek  işi diňe gaýra goýup bolmajak halatlarda ýa-da şonuň netijesinde kimiň işe gatnaşjakdygyny kesgitlemek mümkin bolmaýan ýagdaýlarda geçirilýär.

Şaýat ýa-da bilermen çagyryş boýunça gelmedik halatynda döwlet notariusy arza bilen ýüz tutan kazyýetine habar berýär.

227. Döwlet notariusy Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 201-nji, 202-nji maddalary boýunça şaýada we bilermene görnetin ýalan görkezmeleri berendigi we netijenamalary çykarandygy üçin we görkezmeleri   bermekden boýun gaçyrandygy üçin jogapkärçilik hakynda duýduryş berýär.

228. Döwlet notariusy subutnamalary üpjün etmek tertibinde şaýatdan sorag edilmegi hakynda teswirnama düzýär, şonda şular görkezilýär:

sorag etmegiň senesi, wagty we ýeri, sorag eden döwlet notariusynyň familiýasy we adynyň, atasynyň adynyň baş harplary, döwlet notarial edarasynyň ady;

sorag etmäge gatnaşýan şahslaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlary;

şaýadyň familiýasy, ady, atasynyň ady,  doglan ýyly, ýaşaýan ýeri,    şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlary;

görnetin ýalan görkezmeleriň berlendigi we görkezmeler bermekden boýun gaçyrylandygy üçin  duýduryş berilmegi hakyndaky görkezme;

şaýadyň görkezmeleriniň mazmuny (oňa berlen sowallar we olara alnan jogaplar).

Teswirnama sorag edilmegine gatnaşan şahslar, şaýat we döwlet notariusy tarapyndan gol çekilýär.

229. Döwlet notariusy ýazmaça we zat subutnamalaryny gözden geçirendigi hakynda teswirnama düzýär, şonda şular görkezilýär:

gözden geçirmegiň senesi, wagty we ýeri;

gözden geçiren döwlet notariusynyň familiýasy we adynyň, atasynyň adynyň baş harplary, döwlet notarial edarasynyň ady;

gözden geçirmäge gatnaşýan gyzyklanýan şahslaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, olaryň ýaşaýan ýeri we olaryň şahsyýetini tassyklaýan resminama barada maglumatlary;

gözden geçirilen mahaly ýüze çykarylan ýagdaýlar.

Teswirnama gözden geçirmäge gatnaşan şahslar we döwlet notariusy gol çekýärler.

230. Döwlet notariusy seljermäni bellemek hakynda karar çykarýar, şonda şular görkezilýär:

kararyň düzülen senesi, karary çykaran döwlet notariusynyň familiýasy we adynyň, atasynyň adynyň baş harplary, döwlet notarial edarasynyň ady;

haýyşy boýunça seljerme bellenilýän şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri;

şolar boýunça bilermeniň netijenamasy talap edilýän meseleler, seljermäni geçirmek tabşyrylýan bilermenler edarasynyň (bilermeniň) ady.

 Eger seljermäni geçirmek anyk şahsa tabşyrylýan bolsa, şonda  onuň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, işleýän ýeri we wezipesi görkezilýär. Karara döwlet notariusy gol çekýär.

Seljermäniň geçirilendigi hakynda bilermen we seljermä gatnaşýan şahslar tarapyndan gol çekilýän ykrarnama düzülýär. Bilermeniň netijenamasyna bilermen gol çekýär.

231. Subutnamalary üpjün etmek baradaky iş önümçiliginiň tamamlanmagy boýunça gyzyklanýan şahsa subutnamalary üpjün etmek tertibinde düzülen her bir resminamanyň bir görnüşi berilýär we her bir resminamanyň bir görnüşi döwlet notarial edarasynda galdyrylýar.

232. Döwlet notariusy subutnamalary üpjün etmegi geçirmek hakyndaky haýyş bilen ýüz tutan şahsyň döwlet notarial edarasyna şaýatlara, bilermenlere we subutnamalary üpjün etmegi geçirmek boýunça beýleki çykdajylar boýunça,  sylaglama tölemek üçin,  pul geçirmegi talap edýär.

 

XIX. Şu Düzgünnamanyň daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar we  daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslary babatda ulanmak.

Daşary ýürt döwletleriniň kanunçylygyny ulanmak.

Halkara şertnamalary

 

233. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadykadamlaryň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslarynyň Türkmenistanyň çäginde notarial hereketleri amala  aşyrmak üçin Türkmenistanyň raýatlary bilen bir hatarda döwlet notarial edaralaryna, şeýle hem notarial hereketlerini amala aşyrýan beýleki edaralara ýüz tutmaga hukugy bardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahsyň hukuklaryna ýörite çäklendirmelere ýol berýän daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary babatda jogap höküminde çäklendirmeleri bellenilip bilner.

234. Döwlet notariuslary Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda halkara hukuk kadalaryny we daşary ýurt döwletleriniň hukuk kadalaryny ulanýarlar.

Döwlet notariuslary, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna garşy gelmeýän bolsa, daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda düzülen resminamalary kabul edýär, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygy arkaly göz öňünde tutulan görnüşde tassyklaýjy ýazgylaryny amala aşyrýarlar.

235. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda amala aşyrylmagy niýetlenilen, onuň hereket möhleti hakynda görkezilmedik, döwlet notariusy tarapyndan tassyklanylan ynanç haty, şol ynanç hatyny beren şahs tarapyndan ol ýatyrylýança güýjüni saklaýar, bu barada ynanç hatynyň ýazgysynda görkezilip bilner.

236. Daşary ýurt raýaty ölenden soň onuň Türkmenistanyň çäklerinde  galan emlägini ýa-da Türkmenistanyň raýatynyň ölenden soň daşary ýurt raýatyna berilmeli emlägini gorap saklamak, şeýle hem, şeýle emläk babatda Mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamany bermek bilen baglanyşykly hereketler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.  

237. Döwlet notarial edaralary miras galan emlägi gorap saklamak baradaky kadalary bolan halkara şertnamasyny Türkmenistan bilen baglaşan daşary ýurt döwletiniň raýatynyň ölendigi hakyndaky maglumatlary alyp, eger Türkmenistanyň çäklerinde öleniň emlägi bar bolan halatlarynda degişli şertnamany gollanyp, miras galan emlägi gorap saklamak  üçin zerur çäreleri görýär, mirasdarlaryň toparyny anyklaýar, wesýetnamanyň bardygyny barlaýar we bu barada şu Düzgünnamanyň 229-njy bölümi bilen bellenilen tertipde ölen raýaty bolan döwletiň diplomatik ýa-da konsullyk wekilçiligine haýal etmän habar berýär.

Eger halkara şertnamasy ýa-da ylalaşygy bilen miras hakyndaky işi boýunça iş önümçiligini ýöretmek ölen daşary ýurt döwletiniň raýaty bolan edaralarynyň ygtyýarlygyna degişli edilen bolsa, şonda miras galan gozgalýan emläk döwlet notarial edarasy tarapyndan, şol döwletiň diplomatik ýa-da konsullyk wekilçiligine onuň talap etmegi boýunça  berlip bilner.

Şertnamalarda ulanylýan «gozgalmaýan emläk» diýen düşünjäni her hili binalara, desgalara, «gozgalýan emläk» diýen düşünjäni bolsa, galan ähli emläge degişli edilmeli.

238. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, haçan-da daşary ýurt döwletinde göz öňünde tutulan görnüş boýunça düzülen wesýetnama wesýet ediji ölenden soň ony açmak we yglan etmek üçin döwlet notarial edaralaryna berilýän halatynda döwlet notariusy wesýetnamanyň ýagdaýy we mazmuny hakynda teswirnama düzmek bilen, wesýetnamanyň mazmunyny yglan edýär. Teswirnamada wesýetnamanyň düzülen senesi, ony hödürlän şahsyň ady, resminamanyň ýagdaýy, ýagny onuň bukja salnyp ýa-da açyk berlendigi, onuň üstüniň çyzylan ýerleriniň, düzedişleriň ýa-da beýleki ýetmezçilikleri görkezilýär. Teswirnama döwlet notariusy we wesýetnamany beren şahs gol çekýär. Şol şahslar tarapyndan wesýetnamanyň her sahypasyna gol çekilýär. Eger wesýetnama döwlet notariusynda bukja salnyp saklanan bolsa, döwlet notariusy görkezilen hereketleriň hemmesini bir özi geçirýär.

239. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda beýleki döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan düzülen resminamalar,  şeýle hem olardan gelip çykýan resminamalar Türkmenistanyň döwlet notarial edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan kanunylaşdyrylan şertlerde kabul edilýär.

Türkmenistanyň döwlet notarial edaralary tarapyndan  Türkmenistanyň kanunçylygy, Türkmenistanyň halkara şertnamalary tarapyndan göz öňünde tutulan halatlarda, şeýle resminamalar kanunylaşdyrmazdan kabul edilýär.

240. Türkmenistanyň döwlet notarial edaralary daşary ýurt döwletleriniň ýustisiýa edaralarynyň aýry-aýry notarial hereketleriniň önümçiligi barada özlerine berlen tabşyryklaryny bellenilen tertipde ýerine ýetirýärler, ýöne şu halatlar muňa girmeýär:

Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna ters gelýän ýa-da onuň milli howpsuzlygyna wehim salýan bolsa;

döwlet notariusynyň ygtyýarlygyna girmeýän bolsa;

Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän bolsa.

Daşary ýurt döwletleriniň ýustisiýa edaralarynyň aýry-aýry notarial hereketleri  amala aşyrmak hakyndaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

Türkmenistanyň döwlet notarial edaralary daşary ýurt döwletleriniň ýustisiýa edaralaryna aýry-aýry notarial  hereketleri geçirmek barada tabşyryk bilen ýüz tutup bilerler.

241. Türkmenistanyň döwlet notarial edaralarynyň daşary ýurtlaryň ýustisiýa edaralary bilen gatnaşyklarynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy, Türkmenistanyň halkara şertnamalary tarapyndan kesgitlenilýär.

Döwlet notarial edaralary hukuk kömegi hakyndaky şertnamalar arkaly göz öňünde tutulan halatlarda, eger şol konsullyk wekiliniň konsullyk okrugy olaryň gulluk işiniň sebiti bilen baglanyşykly bolsa, konsullyk wekilleri bilen gatnaşyk edýärler. Galan halatlarda notarial edaralarynyň konsullyk we diplomatik wekilçilikleri bilen gatnaşygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen amala aşyrylýar.

242. Türkmenistanyň döwlet notarial edaralary şu Düzgünnamanyň 214-219-njy bölümlerinde beýan edilen kadalar boýunça beýleki döwletleriň edaralarynda işleri alyp barmak üçin talap edilýän subutnamalary üpjün edýärler.

243.Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda notarial hereketleriniň önümçiligi barada Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulandakydan başga düzgünler bellenilen bolsa,  onda notarial hereketler amala aşyrylanda halkara şertnamasyndaky düzgünler goldanylýar.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary döwlet notariusynyň ygtyýarlygyna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk notarial hereketleriň amala aşyrylmagyny degişli edýän bolsa, döwlet notariusy notarial hereketlerini Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda amala aşyrýar.

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2016-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda bellige alyndy.

Bellige alyş sany 948.

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Döwlet belligine alnan buýruklar
Kabul edilen senesi 06.01.2016
Resminamanyň belgisi 4 ÖB