Hünär synagyny geçirmegiň Tertibi

                                                                                                                                                                                   

                                                                                            

               Türkmenistanyň Adalat  ministriniň

 2019-njy ýylyň 16-njy  ýanwarynda

               çykaran  5 - iş belgili  buýrugy bilen     

                                 tassyklandy

 

 

Hünär synagyny geçirmegiň Tertibi

 

1. Şu Hünär synagyny geçirmegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) Türkmenistanyň  Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 10638-nji karary bilen tassyklanan, Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de edara görnüşli we şahsy taraplara (mundan beýläk - şahslar) hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany (mundan beýlek-ygtyýarnama) almak maksady bilen, şahslara hukuk kömegini bermek işini (mundan beýläk - hukuk kömegini bermek işi) amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

 

2.  Hünär synagyndan geçmek hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak fiziki şahslara işiň şu görnüşini amala aşyrmak üçin hökmany şert bolup durýar.

 

 3. Hünär synagy hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alýan şahslar (mundan beýläk - ygtyýarnamanyň dalaşgäri) üçin geçirilýär.

Ýuridik şahs hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alan halatynda onuň işe kabul edýän fiziki taraplary ygtyýarlylandyrýan işi amala aşyrmak üçin bellenen tertipde öň hünär synagyndan geçmedik bolsalar, onda olar  hünär synagyny tabşyrýar.

 

4. Hünär synagy Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen döredilen Ygtyýarlylandyrmak boýunça torap (mundan beýläk-Topar) tarapyndan geçirilýär.

 

5.  Hünär synagyna şu aşakdakylar goýberilmeýär:

1) Türkmenistanyň  kanunçylygyna  laýyklykda  ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzasynda we oňa  goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligi bilen bagly barlagdan (mundan beýläk – barlag) geçmedik bolsa;

2) Türkmenistanyň   kanunçylygynda  bellenilen  tertipde  öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýyby bar bolsa;

 3)  öň  hünär  synagyna  göýberilip,  ony  tabşyryp  bilmedik   pursatyndan azyndan alty aý geçmedik bolsa;

        4) ygtyýarnamasyz  işi  amala aşyrylandygy  üçin  kazyýetiň çözgüdi çykarylandan soň ýa-da şunuň bilen bagly jerime ulanylandan soň bir ýyl geçmedik bolsa;

5)  kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäkli diýlip ykrar edilen bolsa;

6) düzgün-nyzam temmisi ulanylýan etmişi edendigi üçin kazyýet hem hukuk goraýjy edaralardan işden boşadylan adam, boşadylan gününden başlap bir ýyl geçmedik bolsa;

7) adwokatlyk işi bilen bir ýere sygyşmaýan hereketleri edendigi üçin adwokatlar kollegiýasynyň düzüminden çykarylan bolsa; 

8) öň ygtyýarnamasy kazyýet tarapyndan ýatyrylan bolsa.

 

6. Hünär synagyny geçirmegiň güni şu sebäpler boýunça başga güne geçirilip bilner:

1) saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanylan ýarawsyzlyk netijesinde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda;

2) ygtyýarnamanyň   dalaşgäri   tarapyndan   hünär  synagyny başga güne geçirilmegini haýyş edip, resmi taýdan habar edilen ýagdaýynda;

3)  beýleki esasly sebäpler bilen bagly ýagdaýlarda.

 

7. Eger hünär synagyna goýberilen ygtyýarnamanyň dalaşgäri bellenen möhletdäki hünär synagyna gatnaşyp bilmejek bolsa, onda ol hünär synagynyň geçiriljek gününden öň bir günden gijä galman gatnaşyp bilmeýändiginiň sebäplerini düşündirmek arkaly, hat üsti bilen habar bermelidir. Şu halatda ygtyýarnamanyň dalaşgäri nobatdaky hünär synagyna goýbermek meselesini çözmek üçin gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamalary görkezmelidir.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri esasly sebäpler bolmazdan hünär synagyna gatnaşmadyk, sebäpleriň esaslydygyny tassyklaýan resminamany görkezip bilmedik ýa-da hünär synagyna gatnaşmakdan ýüz dönderen halatynda, ol hünär synagyndan geçmedi diýlip hasaplanylýar we bu barada Hünär synag kagyzynda ýazgy edilýär.

 

8. Çözgüt kabul edilenden soň üç iş gününiň dowamynda Topar tarapyndan kabul edilen çözgüt barada ygtyýarnamanyň dalaşgärine Toparyň kätibi tarapyndan ýazmaça görnüşinde habar berilýär.

 

9. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyna pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamalaryny görkezenden soň goýberilýär.

Esasly sebäpler bolmazdan hünär synagyna gijä galan ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyna gelmedi diýlip hasaplanylýar we onuň gaýtadan beren arzasy esasynda ol Toparyň nobatdaky mejlisine goşulýar. Ilki başdaky beren arzasy bellenilen möhletlere laýyklykda ýapylýar.

 

 

10. Hünär synagy synaga goýberilen ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hünär derejesini barlamak arkaly geçirilýär. Onuň hünär taýýarlygy Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça barlanylýar.

 

11. Ministrlik tarapyndan kesgitlenen görnüşi boýunça hünär synagy synag sowalnamasy boýunça ýa-da tapgyrlaýyn geçirilýär. Synag sowalnamadaky soraglar we testdaky soraglar ministrlik tarapyndan kesgitlenilýär.  

 

12. Hünär synagy tapgyrlaýyn geçirilende:

1) birinji tapgyr - test görnüşinde;

2) ikinji tapgyr  -  sorag bermek görnüşinde geçirilýär.

Birinji tapgyrdan geçmedik ygtyýarnamanyň dalaşgäri ikinji tapgyra goýberilmeýär we ol hünär synagyndan geçmedi diýlip hasaplanylýar.

 

13. Hünär synagynyň testleri we synag sowalnamasyndaky soraglar ministrlik tarapyndan kesgitlenilýär.

 

14. Hünär synagynda synag sowalnamasyna we testlere jogaplary şu görnüşlerde kabul edilip bilner:

1) ýazmaça görnüşinde;

2) ýazmaça we dil üsti bilen berlen jogaplar görnüşinde;

3) kompýuter arkaly ýa-da ýazmaça görnüşinde testlere berlen jogaplar görnüşinde.

 

15. Synag sowalnamalar boýunça hünär synagy tabşyrylanda, hünär synagyny geçýän synagyň soraglary boýunça düzülen synag sowalnamasyny çekýär. Taýýarlyk wagty tamamlanandan soň Topar hünär synagyny geçýäniň jogaplaryny diňleýär we onuň hünär synagyndan geçendigi ýa-da geçmändigi hakynda netije çykarýar. Hünär synagyny geçýäniň bilimine onuň berlen soraglara dogry we doly jogap berişinden ugur alyp Topar tarapyndan baha berilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgärine Topar tarapyndan goşmaça soraglar hem berilip bilner.

 

16. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri synag sowalnamasynda bolan soraglara ýazmaça görnüşde jogaplary synag kagyzynda ýazýar.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri synag kagyzynda öz familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we synag sowalnamasynda bar bolan soraglara jogaplaryny beýan edýär.

Synag kagyzy we testler aýratyn topluma jemlenilýär we saklanylýar.

 

17. Synag sowalnamasyny doldurmagyň tertibini synagdan geçýäniň dykgatyna Toparyň kätibi tarapyndan ýetirilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçirilen mahaly ýazan ýazgysyny we oňa girizilen düzedişleri öz goly bilen tassyklaýar.

 

18. Teste jogap bermek ýazmaça ýa-da elektron görnüşinde amala aşyrylýar.

 

19. Test görnüşinde hünär synagy Toparyň bellän möhletiniň dowamynda geçirilýär. Topar hünär synagyny geçirmegiň tertibini hünär synagyny geçýäniň dykgatyna ýetirýär. Testde hödürlenilýän jogaplardan hünär synagyny geçýän tarapyndan dogry jogaplar saýlanylmalydyr. Ýazmaça test görnüşinde hünär synagyň birinji tapgyrynyň netijelerini oňyn diýip ykrar etmek üçin dogry jogaplarynyň sany testlerde jemlenen soraglaryň 60 göteriminden az bolmaly däldir.

Test görnüşinde kompýuter arkaly geçirilen mahaly soraglar umumy soraglaryň sanawyndan seçip almak arkaly we Toparyň bellän möhletiniň dowamynda geçirilýär. Testirlemegiň netijelerini oňyn diýip ykrar etmek üçin esas bolýan dogry jogaplarynyň sany testde jemlenen soraglaryň 60 göteriminden az bolmaly däldir. Dogry jogap - testde hödürlenen jogaplaryň içinden ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan dogry jogaby saýlap alynmagydyr.

 

20. Hünär synagy geçirilýän mahaly ygtyýarnamanyň dalaşgärine kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, düşündiriş beriji we ýörite edebiýatdan, aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanmak, beýleki ygtyýarnamanyň dalaşgärleri bilen gepleşikleri geçirmek gadagan edilýär.

Bu talaplary bozan ygtyýarnamanyň dalaşgäri Toparyň mejlisler zalyndan çykarylýar we hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar.

 

21. Keseki adamlara hünär synagyna gatnaşmak gadagan edilýär.

 

22. Eger ygtyýarnamanyň dalaşgäri testde ýa-da synag sowalnamasynda goýlan soraglaryň we goşmaça berlen soraglaryň köpüsine jogap berip bilmese, ol hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar.

 

23.  Hünär synagynyň netijeleri boýunça Hünär synagy kagyzy resmileşdirilýär (şu Tertibe goşundy). Hünär synagyň netijeleri boýunça Topar tarapyndan “hünär synagyndan geçdi” ýa-da “hünär synagyndan geçmedi” diýen çözgüt kabul edilýär.

Hünär synagy kagyzyna Topar tarapyndan gol çekilýär. Hünär synagyň kagyzy Toparyň Ygtyýarnamany bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek hakyndaky netijenamasynyň ýanyna goşulýar we ygtyýarnamanyň dälaşgäriniň şahsy işinde saklanylýar.

 

24. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hünär synagyndan geçendigi ýa-da geçmändigi barada Toparyň kätibi tarapyndan ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça habar berilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçmedik halatynda, hünär synagyndan geçmedik pursatyndan azyndan alty aý geçenden soň gaýtadan ýüz tutup biler.

 

25. Hünär synagynyň netijeleri boýunça Topar tarapyndan çykarylan çözgüt gutarnyklydyr.

 

26. Şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

 

                                                                           

 

 

 

 

 

 

                                                                  

                                                                        Hünär synagyny geçirmegiň Tertibine  

                                                                        goşundy

 

 

 

HÜNÄR SYNAGY KAGYZY 

 

 

  1. Familiýasy ___________________________________________________

ady _________________________________________________________  

     atasynyň ady _________________________________________________

 

 

2.   Doglan güni _____ aýy ____________ ýyly _________________________

 

3.   Bilimi _______________________________________________________

     

      4.   Bilimi boýunça hünäri__________________________________________

      _______________________________________________________________

 

      5.  Alymlyk derejesi  ______________________________________________

           _____________________________________________________________

 

      6. Toparyň çykaran  çözgüdi: _______________________________________

 

 

 

Toparyň başlygy                             _________     _________________________

                                                           (goly)           (familiýasy, ady, atasynyň ady)

Toparyň agzalary:                           _________     _________________________

                                                           (goly)           (familiýasy, ady, atasynyň ady)

                                                           _________     _________________________

                                                            (goly)          (familiýasy, ady, atasynyň ady)

                                                           _________     _________________________

                                                            (goly)           (familiýasy, ady, atasynyň ady)

                                                          __________    _________________________

                                                            (goly)           (familiýasy, ady, atasynyň ady)

                                            

Toparyň kätibi                                __________     _________________________

                                                            (goly)            (familiýasy,ady,atasynyň ady)

 

Hünär synagynyň geçirilen güni:  “___”  _____________  20____ ýyl.

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda 1190 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Döwlet belligine alnan buýruklar
Kabul edilen senesi 22.02.2019
Resminamanyň belgisi 5 - iş