Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda barlaglary geçirmegiň Tertibi

                                                                                                               

                                                                                      

              Türkmenistanyň Adalat  ministriniň

 2019-njy ýylyň 16-njy  ýanwarynda

               çykaran  5 - iş belgili  buýrugy bilen     

                                 tassyklandy

 

 Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini

 bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda

barlaglary geçirmegiň Tertibi

 

1. Şu Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda barlaglary geçirmegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň  Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 10638-nji karary bilen tassyklanan, Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama we  Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de ygtyýarnamany almak maksady bilen, edara görnüşli we şahsy taraplara (mundan beýläk - taraplar) hukuk kömegini bermek işini (mundan beýläk - hukuk kömegini bermek işi) amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri (mundan beýläk – ygtyýarnamanyň dalaşgäri) babatda barlagy geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň (mundan beýlek-ygtyýarnama) berilmeginiň maksady hukuk kömegi berlende döwletiň, taraplaryň  hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagy, şeýle hem ygtyýarnama talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek bolup durýar.

3. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza Türkmenistanyň Adalat ministrligine (mundan beýläk – ministrlik) berilýär.

Ýokary ýuridik bilimli, hukuk hünäri boýunça azyndan iki ýyl üznüksiz iş döwri bolan, ministrlikde hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin hünär synagyndan geçen Türkmenistanyň raýatynyň (mundan beýläk - fiziki şahs) hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmaga hukugy bardyr.

4. Ygtyýarnamany almak üçin ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen Ygtyýarnama bermek hakyndaky arzasynda (mundan beýläk - arza) we oňa  goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine barlag (mundan beýläk – barlag) geçirilýär.  

Ygtyýarnamanyň dalaşgärleri şu aşakdaky resminamalary hödür edýärler:

1)  ýuridik şahs:

a)  ygtyýarnamany bermek hakynda bellenilen görnüşi boýunça arzany;

b) dörediş resminamasynyň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny;

ç) ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny;

d)  ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan ynanç hatyny ýa-da buýrugyny;

e) ýuridik şahsyň işgär wezipe sanawynda durýan, hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak hünärmenleriň we ýolbaşçylaryň resminamalaryny;

ä) hukuk kömegini bermek işi amala aşyrmak üçin ýgtyýarnamanyň dalaşgärinde jaýyň barlygyny (eýeçilik, kireýne ýa-da başga kanuny esasda oňa degişliligini) tassyklaýan resminamalaryň bellenen tertipde şaýatlyk edilen nusgasyny;

f)  onuň wezipe sanawynda duran, hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak fiziki şahslar üçin maglumatlary goşýar.

2)  fiziki şahs:

a)  ygtyýarnamany bermek hakynda bellenilen görnüşi boýunça arzany;

b)  maglumatlaryň möçberinde sowalnamany (mundan beýläk - sowalnama;

ç)  pasportyň nusgasyny;

d)  diplomyň we bilimi hakyndaky beýleki resminamalaryň bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgalaryny;

e) zähmet depderçesiniň bellenilen tertipde ýa-da işleýan ýeri boýunça şaýatlyk edilen nusgasyny (tikilen we möhür bilen berkidilen) goşýar.

5. Barlag geçirilende:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden zerur  resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary soralýar we alynýar;

2) geçirilen barlagyň netijesi boýunça ykrarnama (mundan beýläk - ykrarnama) düzülýär;

3)  beýleki zerur hereketler amala aşyrylýar.

6. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäri hakyndaky maglumatlara we onuň ygtyýarnamanyň talaplaryny we şertlerini hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edişine barlag geçirmek ministrlikde bellenen tertipde döredilen Ygtyýarlylandyrmak boýunça toparyň kätibi tarapyndan hökmany tertipde amala aşyrylýar.

7.Ygtyýarnamanyň dalaşgäri barlaglar geçirilende gerek bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary ministrlige bermäge borçludyr.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan arza goşulýan bellenilen görnüş boýunça sowalnamada (şu Tertibe goşundy) görkezilen maglumatlar degişli resminamalar bilen tassyklanylmalydyr.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň familiýasy, ady, atasynyň ady üýtgän halatynda, familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň üýtgedilendigi hakynda şahadatnamanyň nusgasyny hem-de bellenilen tertipde doldurylan ygtyýarnamanyň dalaşgäri baradaky maglumatlar goşulmalydyr.

Berlen maglumatlarynyň doly bolmagyna we dogrulygyna fiziki şahs özi  hem-de maglumatlary hödürleýän ýuridik şahsyň ýolbaşçysy jogap berýärler.

8. Barlag geçirilende ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň beren  resminamalaryndaky maglumatlaryň dolulygy we dogrulugy hem-de ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmek mümkinçiligi barlanylýar.

Geçirilen barlagyň netijesi boýunça ykrarnama taýýarlanylyp, Topar tarapyndan gol çekilýär hem-de şu aşakdaky resminama düzülýär:

resminamalar barlagynyň netijesi kanagatlanarly bolan halatynda, hünär synagyna goýbermek barada dykgatnama düzülýär we ygtyýarnamanyň dalaşgärine hünär synagyna goýberilýändigi, hünär synagy geçirilýän güni, wagty barada Toparyň kätibi tarapyndan habar berilýär;

resminamalar barlagdan geçmedik ýagdaýynda, hünär synagyna goýbermekden ýüz döndermek barada dykgatnama düzülýär we barlagyň netijesinde ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edilýär.

Kabul edilen çözgüt boýunça Toparyň ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek baradaky netijenamasy resmileşdirilýär we oňa Topar tarapyndan gol çekilýär we Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.  

9. Çözgüt kabul edilenden soň üç iş gününiň içinde kabul edilen çözgüt barada ygtyýarnamanyň dalaşgärine Toparyň kätibi tarapyndan ýazmaça görnüşde habar berilýär.

10. Şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

Edara görnüşli we şahsy taraplara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri babatda barlaglary geçirmegiň Tertibine goşundy

 

 

SOWALNAMA

 

  1. Familiýasy     ______________________________________

Ady                ______________________________________               Fotosurat üçin

Atasynyň ady ______________________________________                      4x6

 

  1. Jynsy:             ______________________________________
  2. Doglan senesi: _____________________________________

                          (güni, aýy, ýyly)

  1. Doglan ýeri:    _____________________________________
  2. Raýatlygy:       ___________________________________________________________
  3. Pasport seriýasy: _____________________ № _________________________________

berlen wagty we  _____________________

 

kim tarapyndan

berlen                 __________________________________________________________

  1. Bilimi:                __________________________________________________________

                                                              (okuw mekdebi)

Fakulteti             __________________________________________________________

Okuwy tamamlan

ýyly                    ____________________________ Diplomyň № __________________

 

Diplom boýunça hünäri ____________________________________________________

  1. Alymlyk derejesi           ____________________________________________________
  2. Haýsy daşary ýurt dillerini bilýär: ____________________________________________
  3. Iş tejribesi hakynda zähmet depderçeden alnan maglumatlar:

 

Döwür

Işlän ýeri

Wezipesi

Işe giren

wagty

Işden çykan wagty

1.

 

 

 

2.

 

 

 

3.

 

 

 

4.

 

 

 

...

 

 

 

 

  1. Daşary ýurtda bolanmy (iş bilen, gulluk sapary, syýahat)

 

Aýy we ýyly

Haýsy ýurtda

Daşary ýurt döwletlerinde bolmagyňyzyň maksady

Giren

Çykan

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

  1. Şahsy maglumat doldurylan wagtdaky maşgala ýagdaýy: _________________________

                                                 (maşgala agzalaryny we olaryň doglan güni, aýy we ýyly görkezilmeli)

 

 

 

 

  1. Hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamaňyz togtadyldymy, ýatyryldymy? ____________________________________________________________

                                          (eger ýatyrylan bolsa, onda haçan we sebäbini görkezmeli)

 _______________________________________________________________________

 

  1. Siz kazyýetiň çözgüdi boýunça belli bir wezipäni eýelemek hukugyndan ýa-da işiň belli bir görnüşi bilen meşgullanmakdan mahrum edildiňizmi?

_______________________________________________________________________

(eger mahrum edilen bolsa, onda haçan we sebäbini görkezmeli)

_______________________________________________________________________

 

  1. Kazyýet jogapkärçiligine çekilendigiňiz barada maglumat:

_______________________________________________________________________

 

  1. Ygtyýarnama boýunça ahyrky peýda alyjy kim:

_______________________________________________________________________

 

  1. Öý salgysy: _____________________________________________________________

_______________________________________________________________________

 

  1. Öýjükli telefony: ______________________   Faks:  ____________________________

                                      kody      belgisi                                                      kody      belgisi

 

  1. Öý telefony:        ______________________   Faks:  ____________________________  

                                             kody      belgisi                                                      kody      belgisi

 

Elektron salgysy:  ________________________________________________________

 

  1. Soragnamanyň doldurylan wagty ____________ ýylyň “_____” ___________________

 

Şahsy goly ______________________________

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda 1190 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan

 

 

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Döwlet belligine alnan buýruklar
Kabul edilen senesi 22.02.2019
Resminamanyň belgisi 5 - iş