Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny geçirmek boýunça topar hakynda Düzgünnama

                                                             

                Türkmenistanyň  Adalat  ministriniň

  2019-njy ýylyň  16-njy  ýanwarynda

               çykaran  4 - iş belgili  buýrugy bilen     

                                  tassyklandy

 

Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň

hünär synagyny geçirmek boýunça topar hakynda

Düzgünnama

 

1. Şu Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny geçirmek boýunça topar hakynda Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny geçirmek boýunça topary (mundan beýläk - Topar) döretmeginiň we onuň işiniň tertibini düzgünleşdirýär.

 

2. Topar öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnamany, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem şu Düzgünnamany goldanýar.

 

3. Topar Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen döredilýär we onuň agzalary kesgitlenilip, düzümi tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Adalat ministri Toparyň işini utgaşdyrýar, onuň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

Toparyň mejlisine resminamalary taýýarlamagy, onda kabul edilen çözgütleri resmileşdirmegi we maglumatlary welaýat we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýalarynyň prezidiumynyň (mundan beýläk - adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy), adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň (mundan beýläk – tälim alyjy) dykgatyna ýetirmegi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň                                       (mundan beýläk - ministrlik) Hukuk kömegi müdirligi amala aşyrýar.

 

4. Topar şu aşakdaky işleri amala aşyrýar:

1)  tälim alyjylaryň hünär synagyny geçirýär;

2) tälim alyjynyň adwokatlyk işini amala aşyrmaga laýyk gelýändigi ýa-da gelmeýändigi  hakynda çözgüt kabul edýär;

3) hünär synagynyň meseleleri boýunça nägilelik bildirilýän şikaýatlara seredýär we netije çykarýar;

 4)  hünär synagynyň netijeleri boýunça degişli resminamalary resmileşdirýär;

 5)  hünär synagyna gaýtadan çagyrmak baradaky meselä seredýär;

 6) Toparyň ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleler boýunça çözgütleri kabul edýär.

5. Toparyň düzümine Toparyň başlygy we bäşden köp bolmadyk ministrligiň merkezi edarasynyň hünärmenlerinden döredilen Topar agzalary, şol sanda  Toparyň kätibi girýär.

Toparyň kätibiniň ses bermek hukugy ýokdur.

 

6. Toparyň başlygy  wezipesine Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary bellenilýär.

 

7.  Toparyň başlygy:

         1)  Topara umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

         2)  Toparyň işini guraýar;

         3) Toparyň mejlisini we hünär synagyny geçirmegiň gününi, wagtyny we ýerini kesgitleýär;

         4)  Toparyň mejlisinde başlyklyk edýär we mejlisi alyp barýar;

 5) Toparyň  mejlisiniň  çözgütlerine (netijenamalaryna, ykrarnamalaryna, kepilnamalaryna, hünär synagy kagyzlaryna we beýleki resminamalaryna) hem-de teswirnamalaryna gol çekýär;

 6) berlen resminamalarda doly däl we şübheli maglumatlar bilen bagly degişli edaralardan zerur maglumatlary sorap alýar;

 7) adwokatlar  kollegiýasynyň  prezidiumyndan  zerur resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary soraýar we alýar;

 8)  Toparyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;

 9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

 

8. Topar agzasy:

1) Topara berlen resminamalar bilen tanyşýar;

2) Toparyň mejlisine gatnaşýar;

3) Toparyň çözgütlerini kabul etmäge gatnaşýar;

4) Toparyň mejlisiniň teswirnamasynda beýan edilýän aýratyn pikirini aýdyp bilýär;

5) Topar agzalarynyň garamagyna degişli bolan resminamalara gol çekýär.

 

9. Toparyň kätibi:

1) adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan iberilen hödürnamada we onuň ýanyna goşulýan resminamalarynda bar bolan maglumatlaryň dolulygyny we dogrulygyny barlaýar, hödür edilýän resminamalara seredýär we resmileşdirýär;

2) hünär synagynyň geçiriljek güni we wagty barada dil üsti bilen adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumyna we Topar agzalaryna habar berýär;

 3) Toparyň mejlisleriniň geçirilmegi bilen bagly beýleki guramaçylyk işlerini ýerine ýetirýär;

 4) hünär synagy üçin resminamalary we Toparyň mejlisiniň gün tertibiniň beýleki meseleleri boýunça resminamalary taýýarlaýar, iş dolandyryjylygy alyp barýar;

 5) hünär synagyna goýbermek ýa-da goýbermekden ýüz döndermek barada dykgatnamany düzýär;

6)  Toparyň mejlisiniň teswirnamasyny ýöredýär;

7) adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumyna tälim alyjynyň hünär synagyndan geçendigi ýa-da geçmändigi barada habar berýär;

8) Toparyň çözgütlerine we teswirnamalaryna gol çekýär we degişli resminamalary resmileşdirýär;

9) Toparyň mejlisleriniň teswirnamalarynyň we berlen şykaýatlaryň arhiwini ýöredýär;

10) hünär synagyna çagyrylan tälim alyjylaryň sanawyny ýöredýär;

11) beýleki tabşyryklary ýerine ýetirýär.

Toparyň mejlisleriniň guralyşyna we geçirilişine kätip jogapkärdir.

 

10. Toparyň kätibi bolmadyk halatynda, onuň wezipeleri Toparyň başga agzasyna ýa-da başga hünärmene ýüklenip bilner.

 

11. Toparyň mejlisi, eger oňa agzalaryň ikiden bir bölegi gatnaşan ýagdaýynda, hünär synagy geçirmeklige we synagyň jemleri boýunça çözgüt kabul etmeklige ygtyýarly hasap edilýär.

Toparyň ähli çykarýan çözgütleri, toparyň mejlise gatnaşýan agzalarynyň açyk ses bermeginde, sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Sesler deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygynyň sesi kesgitleýji bolýar. Ses bermeklik synag geçýäniň ýok mahaly geçirilýär.

Ses berlen mahaly synagdan geçýäniň hünäri boýunça bilim derejesi, orta atylýan soraglara dogry we takyk jogaplaryň sany nazara alynýar.

 

12. Topar tarapyndan çözgüt çykarylanda “hünär synagyndan geçdi” ýa-da “hünär synagyndan geçmedi” diýen çözgüt kabul edilýär.

Toparyň çözgüdi Netijenama görnüşinde resmileşdirilýär.

 

13. Toparyň her bir kabul eden çözgüdine mejlise gatnaşýan Toparyň ähli agzalary tarapyndan gol çekilýär we Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

 

14. Toparyň mejlisinde teswirnama ýöredilýär, oňa Toparyň başlygy we kätip gol çekýär.

Teswirnamada hünär synagynyň geçirilen güni we wagty, Toparyň mejlisine gatnaşýan agzalaryň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary, hünär synagy geçýäniň familiýasy, ady, atasynyň ady, berlen soraglar we olara berlen jogaplar gysgaça beýan edilýär.

 

15. Topar tarapyndan kabul edilen çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şikaýat edilip bilner.

 

16. Toparyň mejlisi şu halatlarda geçirilmeýär:

1) adwokatyň tälim alyjysy gatnaşmasa;

2) adwokatyň tälim alyjysy, onuň gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamany görkezip bilmese;

3) adwokatyň tälim alyjysy hünär synagyndan geçmekden ýüz dönderse.

 

17. Şu Düzgünnama bilen kadalaşdyrylmadyk düzgünler Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda 1189 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Döwlet belligine alnan buýruklar
Kabul edilen senesi 22.02.2019
Resminamanyň belgisi 4 - iş