Ygtyýarly edaralar tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hasabynyň we ulgamlaşdyrylmagynyň alnyp barylmagynyň Tertibini tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2018-nji ýylyň 26-njy noýabrynda çykaran 68-iş belgili

B U Ý R U G Y

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hasabynyň we ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibini tassyklamak hakynda

 

«Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 51-nji maddasyna, «Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň we ulgamlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 6-njy awgustynda çykaran 891-nji kararyna laýyklykda, buýurýaryn:

  1. Ygtyýarly edaralar tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hasabynyň we ulgamlaşdyrylmagynyň alnyp barylmagynyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary M.Taganow gözegçilik etmeli.

 

Ministr                                                                                      B. Muhamedow

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2018-nji ýylyň 26-njy noýabrynda

çykaran 68-iş belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hasabynyň we ulgamlaşdyrylmagynyň alnyp barylmagynyň

Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Ygtyýarly edaralar tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hasabynyň we ulgamlaşdyrylmagynyň alnyp barylmagynyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 51-nji maddasyna, «Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 14970-nji hem-de «Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň we ulgamlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda»  Türkmenistanyň  Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 6-njy awgustynda çykaran 891-nji kararlaryna laýyklykda, ygtyýarly edaralar tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hasabynyň we ulgamlaşdyrylmagynyň alnyp barylmagynyň Tertibini düzgünleşdirýär.

2. Şu Tertipde ulanylýan esasy düşünjeler:

1) gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalary - kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we beýleki hukuk namalarynyň sanawyny we olaryň nusgalyk maglumatlar toplumyny ýöretmek üçin yzygiderli girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar, şol sanda, olary ýa-da olaryň käbir böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek, ýatyrmak, güýje girýän we herekete girizilýän wagty, yzyna täsir ediş güýji, hereketiniň möhleti, hereketiniň togtadylmagy ýa-da bes edilmegi, giňişlik boýunça hereketi barada maglumatlary (mundan beýläk - üýtgetmeler we goşmaçalar) we üýtgetmeler we goşmaçalar girizýän namalaryň rekwizitlerini özünde saklaýan kagyz we elektron görnüşindäki hukuk namalaryň nusgalary;

2) hasaba alyş kartotekasy - Umumy hukuk klassifikatory boýunça indeksirlenip, hasaba alnan hukuk namalary barada maglumatlary özünde saklaýan hasaba alyş kagyzlar we olar ýerleşdirilen ýöriteleşdirilen enjamlar;

3) hukuk namasy kadalaşdyryjy ýa-da beýleki häkimlik ediji hukuk tabşyryklaryny özünde saklaýan, kanunçylykda bellenilen tertipde kabul edilen bellenilen görnüşli ýazmaça resmi resminama;

4) hukuk maglumatlar ulgamy - programma ulanmak arkaly işlenilip taýýarlanylyp we toplanylyp saklanylýan, gözlemäge, ýaýratmaga we maglumat bermäge niýetlenilen Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem-de beýleki hukuk namalarynyň kagyz we elektron görnüşindäki nusgalaryny özünde jemleýän maglumatlar toplumy;

5) kadalaşdyryjy hukuk namasy hukuk kadalaryny belleýän, olaryň hereketini üýtgedýän, togtadýan ýa-da bes edýän, ählihalk sala salşygynda ýa-da ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilen kagyz göterijidäki ýazmaça resmi resminama ýa-da oňa barabar bolan bellenilen görnüşli elektron resminama;

6) kadalaşdyryjy däl hukuk namasy hukuk kadasyny özünde saklamaýan, ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilen, kesgitli şahslaryň kanunçylykda bellenilen hukuklaryny we borçlaryny ulanýan ýa-da durmuşa geçirýän hukuk namasy;

7) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ulgamlaşdyrmak - kadalaşdyryjy hukuk namalaryny seljermek we indeksirlemek, şol namanyň hasaba alyş kagyzyny dolduryp, hasaba alyş kagyzlaryny hasaba alyş kartotekasyna kabul edilen san belgilerine we senesine laýyklykda ýerleşdirmek işlerini geçirmek ýoly bilen, goýlan indeksiň kömegi bilen hukuk namasynyň ýa-da onuň aýratyn hukuk kadalarynyň manysyny açyp görkezip, bir ulgama getirmek, olaryň içerki sazlaşykly ulgam derejesini kesgitlemek boýunça iş hem-de olaryň kagyz görnüşindäki nusgalaryny ýörite kitapçada kabul edilen san belgilerine we senesine laýyklykda jemläp ýa-da aýratyn kitap görnüşinde saklamak hem-de olaryň elektron görnüşlerini elektron hukuk maglumatlar toplumyna girizmek we saklamak, olaryň gözegçilik nusgalaryny ýöretmek işleri amala aşyrmak;

8) indeks - namanyň hukuk ulgamynda belli bir ugura degişlidigini görkezmek maksady bilen, oňa berilýän sanlardan ybarat bolan görkeziji;

9) indeksirlemek (indeksini goýmak) - Umumy hukuk klassifikatorynyň indeksleri bilen belgilemek ýoly arkaly hukuk namalarynyň ýa-da aýratyn hukuk kadasynyň many-mazmunyny aňlatmak boýunça iş;

10) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hasaba almak - gelip gowuşýan hem-de özüniň kabul eden Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawyna girizmek;

11) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy - gelip gowuşýan hem-de özüniň kabul eden Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň rekwizitlerini we bu namalar hakynda beýleki habar beriji maglumaty özünde saklanýan ýazmaça sanaw;

12) hukuk namasynyň gurluş bölekleri esasy gurluş bölekleri (tesim, kiçi bent, bent, bölek, madda), baplar, paragraflar, bölümler we esasy gurluş bölege degişli bolmadyk bölekler;

13) kadalaşdyryjy hukuk namalaryň resmi neşiri (mundan beýläk - resmi neşir) - «Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary», «Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň Ýygyndysy» we «Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysy»;

14) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň nusgalyk maglumatlar toplumy - döwlet tarapyndan hasaba alnan we ulgamlaşdyrylan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kagyz göterijidäki jemi we bu kadalaşdyryjy hukuk namalaryň elektron resminama görnüşindäki elektron ulgamy;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynyň pudaklarynyň Umumy hukuk klassifikatory (mundan beýläk - Umumy hukuk klassifikatory) - kadalaşdyryjy häsiýetli nama bolup, hukuk namalaryny ulanmak we ulgamlaşdyrmak işiniň esasyny düzýän, pudaklar boýunça hukuk namalary ulgamlaşdyrmagyň umumy ulgamyny kesgitleýän, hukuk namalary tertipleşdirmekde hökmany häsiýete eýe bolan maglumatlary beýan etmegiň bellenilen standart dilidir;

16) ygtyýarly edara - Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän kanunçylyk tarapyndan bellenilen ygtyýarlylyklaryna laýyklykda hukuk namalaryny kabul etmäge hukugy bolan döwlet edaralary we wezipeli adamlar.

3. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýän ygtyýarly edaralar bu namalaryň hasabyny ýöredýärler we olaryň ulgamlaşdyrylmagyny geçirýärler, özleriniň kabul eden namalaryna öz wagtynda ähli gündelik üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip, olaryň gözegçilik ýagdaýynda saklanýan gözegçilik nusgalaryny alyp barýarlar.

Kadalaşdyryjy hukuk namalar Ygtyýarly edaralar tarapyndan Hasaba alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy ýöredilýän kitapda (şu Tertibe 1-nji goşunda) hasaba alynýar.

4. Şu aşakdaky Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary ygtyýarly edara tarapyndan hasaba alynmaga we ulgamlaşdyrylmaga degişlidir:

1) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, konstitusion kanunlary, kodeksleri, kanunlary;

2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

3) Türkmenistanyň Mejlisiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

4) Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy hukuk permanlary;

5) Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

6) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

7) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary;

8) welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

9) häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

10) Geňeşleriň kadalaşdyryjy çözgütleri.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde ýokarda sanalyp geçilen Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan başga-da, edara gelip gowuşýan beýleki kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryny hasaba almak we ulgamlaşdyrmak işi şu Tertipde bellenen kadalara laýyklykda amala aşyrylýar.

Bu hukuk namalaryň aýratyn hasaby ýöredilýär we hasaba alyş kartotekasyna indeksirlenip ýerleşdirilýär, gözegçilikde saklanylyp, şeýle hem hukuk maglumatlar ulgamynda ýerleşdirilýär. Bu hukuk namalaryň aýratyn hasaby Hasaba alnan kadalaşdyryjy däl hukuk namalarynyň sanawy ýöredilýän kitapda (şu Tertibe 2-nji goşundy)   ýöredilýär.

Kadalaşdyryjy däl hukuk namalary hasaba alynanda şu Tertibiň on birinji böleginiň 2-nji bendinde beýan edilen sanlar degişlilikde ulanylýar.

Beýleki Ygtyýarly edaralarda edara gelip gowuşýan kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryny hasaba almak we ulgamlaşdyrmak işi amala aşyrylanda şu Tertibiň kadalaryndan ugur alnyp bilner.

5. Hukuk namalary ulgamlaşdyrmak işi kanunçylyk ulgamynyň özara baglanyşykly we gapma-garşylyksyz bolmagyna, kadaly işlemegine, kämilleşmegine we ösmegine, olary sazlaşykly bir bitewi ulgama getirmäge gönükdirilen iş bolup durýar.

6. Hukuk namalaryny ulgamlaşdyrmak işi kanunçylyk boýunça doly we dogry maglumaty almaklyga mümkinçilik döretmek, kanunçylygy ulanmakda hukuk kadalarynyň öwrenilmegine we dogry ulanylmagyna ýardam etmek, kanunçylygy ulanýan edaralaryň işlerini ýeňilleşdirmek we kadalaşdyryjy resminamalaryň elýeter bolmaklygyny üpjün etmek we ony ulanmakda amatly şertleri döretmek bolup durýar. Hukuk namalaryň ulgamlaşdyrylan hasaba alnyşygy işde ýüze çykýan belli bir ugur boýunça hukuk maglumatynyň çalt we doly alynmagyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

 

II bap. Hukuk namalaryny hasaba almak we ulgamlaşdyrmak

 

7. Hukuk namalarynyň hasaba alynmagy we ulgamlaşdyrylmagy Umumy hukuk klassifikatory esasynda alnyp barylýar.

8. Hukuk namalaryň hasaba alynmagy we ulgamlaşdyrylmagy edaranyň hukuk gullugy (hukuk maslahatçysy) ýa-da ol bolmadyk ýagdaýynda, şol işe jogapkär wezipeli adam (mundan beýläk-jogapkär işgär) tarapyndan amala aşyrylýar.

Ygtyýarly edaranyň jogapkär işgäri gelip gowuşýan hem-de şol edara tarapyndan kabul edilýän we çap edilýän hukuk namalary saklaýjy bolup durýar.

9. Gelip gowuşýan ýa-da edaranyň özi tarapyndan edinilýän hukuk namalaryň nusgalary, şeýle hem hukuk namalaryň resmi neşirinde hukuk namalaryň çap edilmegi netijesinde gelip gowuşýan ähli hukuk namalar, ygtyýarly edaranyň özi tarapyndan kabul edilýän we çap edilýän hukuk namalaryň nusgalary edaranyň jogapkär işgärine gowşurylmalydyr, ol bolsa öz gezeginde şol resminamalary tanyşmak üçin edaranyň ýolbaşçysyna berýär soňra bolsa, bu namalary degişlilikde Hasaba alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy ýöredilýän kitapda hem-de Hasaba alnan kadalaşdyryjy däl hukuk namalarynyň sanawy ýöredilýän kitapda hasaba alynýar. Şeýle hem, bu namalary ulgamlaşdyrýar we gyzyklanma bildirýän edaranyň tabynlygyndaky beýleki edaralara iberýär.

10. Hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizýän kadalaşdyryjy hukuk namalar hem-de kadalaşdyryjy däl hukuk namalar degişlilikde Hasaba alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy ýöredilýän kitapda hem-de Hasaba alnan kadalaşdyryjy däl hukuk namalarynyň sanawy ýöredilýän kitapda hasaba alynýar.

11. Şu Tertibiň dokuzynjy we onunjy böleklerinde görkezilen kitaplara şu aşakdaky maglumatlar girizilýär:

1) hukuk namanyň kitapdaky tertip san belgisi;

2) şu Tertibiň dördünji böleginde görkezilen Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerleşýän bentleriniň san belgilerine laýyklykda namanyň görnüşine görä berilýän şu aşakdaky san belgileri:

a) «1» san belgisi – Türkmenistanyň Konstitusiýasy, konstitusion kanunlary, kodeksleri, kanunlary;

b) «2» san belgisi - Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

ç) «3» san belgisi - Türkmenistanyň Mejlisiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

d) «4» san belgisi - Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy hukuk permanlary;

e) «5» san belgisi - Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

ä) «6» san belgisi - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

f) «7» san belgisi - ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary;

g) «8» san belgisi - welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

h) «9» san belgisi - häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

i) «10» san belgisi - Geňeşleriň kadalaşdyryjy çözgütleri;

3) kadalaşdyryjy hukuk namanyň sanawa girizilen senesi;

4) kadalaşdyryjy hukuk namanyň görnüşi we ady;

5) kadalaşdyryjy hukuk namany kabul eden ygtyýarly edara (wezipeli adam);

6) kadalaşdyryjy hukuk namanyň san belgisi we kabul edilen senesi (ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalary üçin – olaryň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan senesi we san belgisi);

7) kadalaşdyryjy hukuk namasynyň herekete girizilýän senesi we onuň hereket ediş möhleti;

8) kadalaşdyryjy hukuk namanyň resmi neşirde çap edilmegi baradaky maglumat (haçan we haýsy resmi neşirde çap edileni barada);

9) kadalaşdyryjy hukuk namanyň resmi çap edilendigi baradaky maglumat (haçan we haýsy döwürleýin metbugat neşiri tarapyndan çap edilendigi barada);

10) kadalaşdyryjy hukuk namany resmi çap etmek elektron görnüşde ygtyýarly edaranyň Internet torundaky resmi saýtynda amala aşyrylandygy barada maglumat;

11) kadalaşdyryjy hukuk nama üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigi we onuň güýjüni ýitiren diýip ykrar edilendigi barada maglumat;

12) kadalaşdyryjy hukuk namanyň Umumy hukuk klassifikatory esasynda indeks görkezijisi;

13) bellikler.

12. Ygtyýarly edaranyň jogapkär işgäri hukuk namalary şularyň kömegi bilen ulgamlaşdyrýar: Hasaba alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy ýöredilýän kitabyň hem-de Hasaba alnan kadalaşdyryjy däl hukuk namalarynyň sanawy ýöredilýän kitabyň, hasaba alyş kagyzyň, Umumy hukuk klassifikatorynyň, Umumy hukuk klassifikatory boýunça hasaba alyş kagyzlary ýerleşdirilen gutularyň we şol gutular saklanylýan ýöriteleşdirilen enjamlaryň, gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalarynyň, kompýuterde toplanan hukuk namalaryň maglumatlar binýadynyň we ş.m.

13. Hemme resmi neşirler we hukuk namalar san we senenama yzygiderliligine laýyklykda Hasaba alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy ýöredilýän kitabynda hem-de Hasaba alnan kadalaşdyryjy däl hukuk namalarynyň sanawy ýöredilýän kitabynda hasaba alynýar we tikilýär.

14. Hukuk namalaryň ulanyjylara berilmegi we yzyna alynmagy Hukuk namalary ulanyjylara bermegiň  we yzyna almagyň ýörite kitabynyň (şu Tertibe 3-nji goşundy) ýöredilmegi arkaly amala aşyrylýar we ol ýerde hukuk namany, resmi neşiri, hukuk namalaryň jemlenip ýa-da aýratyn kitap görnüşinde taýýarlanan ýygyndysyny alanyň we yzyna tabşyranyň goly we alan senesi görkezilmelidir.

Gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalarynyň we hukuk namalaryň resmi neşirleriniň aýawly saklanylmagyny üpjün etmek üçin olary edaranyň binasyndan daşyna çykarylmaýar.

Hukuk namalaryň alynyp yzyna gaýtarylmagy, aýawly saklanylmagy boýunça jogapkärçilik şol işleri amala aşyrýan  jogapkär işgäriň üstüne ýüklenilýär.

15. Hukuk namalarynyň indeksirlenmegi Umumy hukuk klassifikatora laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

Munuň üçin ilki bilen gelip gowşan hukuk namanyň mazmuny jogapkär işgär tarapyndan öwrenilýär, namada bellenilýän kadalaryň mazmuny boýunça hukuk namanyň Umumy hukuk klassifikatorynyň haýsy pudagyna degişlidigi anyklanylýar. Hasaba alynmaga degişli hukuk namada onuň mazmunyndan ugur alyp, Umumy hukuk klassifikatoryna laýyklykda indeksi görkezilýär.

Umumy hukuk klassifikatory belli bir hukuk ulgamyna degişli bölümlerden, kiçi bölümlerden we bentlerden ybaratdyr.

Umumy hukuk klassifikatora laýyklykda, hukuk namalaryň ulgamlaşdyrylmagy hukugyň her bir ulgamy boýunça amala aşyrylýar. Her bir hukuk ulgamy, ýagny bölümi hukuk institutlary boýunça kiçi bölümlere bölünýärler. Kiçi bölümler bolsa bentlere bölünýär. Umumy hukuk klassifikatoryň her bir bölüminiň, kiçi bölüminiň, bendiniň ady we indeksi bardyr.

Meselem, häzirki hereket edýän Umumy hukuk klassifikatorynyň 050.000.000 indeksli bölüminde Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi baradaky kanunçylyk ýerleşdirilen, bu bölüm birnäçe kiçi bölümlere bölünen, meselem 050.010.000 indeksli kiçi bölüminde işe ýerleşdirmek we ilatyň iş bilen üpjünçiligi baradaky kanunçylyk ýerleşdirilen, öz gezeginde bu kiçi bölüm birnäçe bentlere bölünen, meselem 050.010.020 indeksli bendinde Işe ýerleşdirmek we iş bilen üpjünçilik ulgamynyň dolandyrylyşy baradaky kanunçylyk ýerleşdirilen.

Hasaba alnan hukuk namanyň indeksi hukuk namanyň 1-nji sahypasynyň ýokarky sag tarapynda goýulýar. Eger-de, hukuk namanyň tesimi, kiçi bendi, bendi, bölegi, maddasy hasaba alynýan bolsa (ýagny, şol tesim, kiçi bent, bent, bölek, madda başga bir ulgama hem degişli bolup, şol ulgama degişli hasaba alyş kagyzy goýulýan bolsa), onda degişli ulgamyň indeksi hasaba alnan hukuk namanyň degişli tesiminiň, kiçi bendiniň, bendiniň, böleginiň, maddasynyň sag tarapynda goýulmaga degişlidir.

Hukuk nama ilki bilen özüniň umumy manysy, namanyň ady boýunça indeksirlenýär, soňra bolsa aýratyn tesimine, kiçi bendine, bendine, bölegine, maddasyna laýyklykda hem başga indeksler bilen indeksirlenýär we hasaba alyş kagyzlar döredilýär. Nama birnäçe indeksler bilen hasaba alnyp bilner.

Hukuk nama birnäçe ulgam boýunça hasaba alynýan bolsa, hukuk namanyň hasaba alnan ulgamlary boýunça hemme indeksler namanyň ýokarky sag tarapynda goýulýar. Hukuk namanyň esasy mazmunyna degişli indeks birinji nobatda hem-de aşagy (şol indeksiň aşagyndaky beýleki indeksiň ýokarsynda) gyzyl syýa bilen çyzylyp goýulýar. Beýleki indeksler yzygiderlilikde şonuň aşagyndan goýulýar.

16. Namanyň aýratyn tesimine, kiçi bendine, bendine, bölegine, maddasyna degişli indeksler şol tesimiň, kiçi bendiň, bendiň, bölegiň, maddasynyň gapdalynda goýulýar.

17. Öň kabul edilen hukuk namalara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmegi göz öňünde tutýan namalar hem indeksirlenýär.

18. «Gullukda peýdalanmak üçin» diýen belligi bolan hukuk namalary hem beýleki namalar ýaly umumy manysy, namanyň ady boýunça indeksirlenýär, soňra bolsa aýratyn tesimine, kiçi bendine, bendine, bölegine, maddasyna laýyklykda hem başga indeksler bilen indeksirlenýär we hasaba alyş kagyzlar döredilýär. Hukuk nama birnäçe indeksler bilen hasaba alnyp bilner.

19. Gizlinlik derejelerine görä goýulan gizlinlik bellikleri bolan hukuk namalary şu Tertibe laýyklykda döwlet tarapyndan hasaba alynmaga degişli däldir, bu namalar döwlet syrlaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda aýratyn hasaba alynýar we saklanylýar.

20. Hukuk namada goýlan indekse laýyklykda Hasaba alyş kagyzynyň nusgasy (şu Tertibe 4-nji goşundy) doldurylýar. Hasaba alyş kagyzy Hasaba alyş kagyzynyň doldurylyşynyň nusgasyna (şu Tertibe 5-nji goşundyna) laýyklykda doldurylýar we onda şu aşakdaky maglumatlar bolmalydyr:

1) hukuk namanyň görnüşi (kodeks, kanun, perman, karar, buýruk  we ş.m.);

2) hukuk namanyň ady we maddalarynyň, bölekleriniň, bendiniň, kiçi bendiniň, tesiminiň doly mazmuny;  

3) hukuk namanyň tertip sany we kabul edilen senesi;

4) hukuk namanyň çap edilen resmi neşiriniň ady, ýyly, san belgisi, maddasy ýa-da sahypasy;

5) berlen indeksi.

21. Hasaba alyş kagyzy döwlet dilinde doldurylýar (eger öňki ýyllarda kabul edilen hukuk namalaryň döwlet dilinde nusgalary ýok bolsa, rus dilindäki görnüşlerine Hasaba alyş kagyzy rus dilinde doldurylýar).

Hasaba alyş kagyzy Umumy hukuk klassifikatory boýunça degişli ulgamynyň indeksi we ady görkezilen hasaba alyş kartotekasynda ýerleşdirilýär.

22. Hasaba alyş kagyzynyň ýazgysynda umumy kabul edilen, şeýle hem edaranyň we şol edaranyň ulgamynda kabul edilen gysgaltmalar ulanylyp bilner.

Hukuk namalarda we hasaba alyş kagyzlarynda ýerine ýetirilýän gözegçilik belgilerinde şu aşakdaky gysgaltmalara ýol berlip bilner:

1) nama güýjüni ýitiren – g.ý.;

2) bölekleýin güýjüni ýitiren – bölek. g.ý.;

3) namanyň hereketi uzaldylan – uzal. ... çenli;

4) nama goşmaça girizilen – goş. gir.;

5) nama üýtgetme girizilen – üýt. gir.;

6) täze redaksiýada beýan edilen – täze. gör. (t.g.);

7) aýyrmaly – bent aýyrmaly – söz. aýyr., bent aýyr.

23. Bölüşdiriji hasaba alyş kagyzlarynda bölümiň, kiçi bölümiň we bendiň degişli ady we indeksi görkezilýär. Indeksleri hasaba alyş kagyzlarynyň ýerleşdirilen gutularynda hem görkezmek möhümdir.

24. Talabalaýyk doldurylan hasaba alyş kagyzlary gutularda, gutular bolsa ýöriteleşdirilen enjamlarda ýerleşdirilýär. Hasaba alyş kartotekadaky hasaba alyş kagyzlaryň ýeri namanyň indeksine laýyklykda kesgitlenilýär.

25. Umumy hukuk klassifikatorynyň bölümlerine laýyklykda hasaba alyş kagyzlary senenama tertibinde ýerleşdirilýär. Bir günde kabul edilen birnäçe namalaryň hasaba alyş kagyzlary olaryň san belgisine görä ýerleşdirilýär.

26. Umumy hukuk klassifikatoryň bölümleri, kiçi bölümleri we bentleri kartotekada ýöriteleşdirilen bölüşdiriji hasaba alyş kagyzlar bilen tapawutlandyrylýar, olar hasaba alyş kagyzlaryndan ýokarda ýerleşdirilýär hem-de olaryň başga reňkde taýýarlanylmagy maslahat berilýär.

27. Umumy hukuk klassifikatoryň bölümlerini tapawutlandyrýan hasaba alyş kagyzlarynyň ýagny, Umumy hukuk klassifikatoryň bölümlerini tapawutlandyrýan kartotekadaky ýöriteleşdirilen bölüşdiriji kagyzynyň (şu Tertibe 6-njy goşundy), kiçi bölümlerini Umumy hukuk klassifikatoryň kiçi bölümlerini tapawutlandyrýan kartotekadaky ýöriteleşdirilen bölüşdiriji kagyzynyň (şu Tertibe 7-nji goşundy) we bentlerini Umumy hukuk klassifikatoryň bentlerini tapawutlandyrýan kartotekadaky ýöriteleşdirilen bölüşdiriji kartoçkanyň (şu Tertibe 8-nji goşundy) nusgalarynyň ölçegi biri-birinden tapawutly (bölümleri bölüşdiriji hasaba alyş kagyzy kiçi bölümleri bölýän hasaba alyş kagyzyndan ulurak, kiçi bölümleri bölýän bölüşdiriji hasaba alyş kagyzy bentleri bölýän hasaba alyş kagyzyndan ulurak bolmalydyr) bolmalydyr.

Hasaba alyş kagyzlaryň kömegi bilen hukuk namalaryň hasabyny kagyz görnüşinde ýöretmek bilen birlikde, hasaba alşyň elektron usuly hem ulanylýar.

 

III bap. Gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalarynyň ýöredilişi

 

28. Umumy hukuk klassifikatoryna laýyklykda indeksirlenen gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalary ýöredilýär. Bu hukuk namalaryň elektron görnüşi ulanylýan halatlarynda, bu elektron nusgalar hem gözegçilik ýagdaýynda saklanylmalydyr.

29. Hasaba alnan kadalaşdyryjy hukuk namalar we kadalaşdyryjy däl hukuk namalar gözegçilik ýagdaýynda saklanylmalydyr. Gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalary kagyz we resmi neşir edilen görnüşlerinde saklanylmaga degişlidir. Olaryň ýokarky sag burçunda «gözegçilik nusgasy» diýen ýazgyly möhür basylmalydyr ýa-da şeýle ýazgy yazylmalydyr.

30. Gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalaryna girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar barada ýazgylar düşnükli bolmalydyr we gök syýa bilen ýerine ýetirilmelidir.

31. Gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalary hukuk maglumatlarynyň saklanylýan ýerinde alnyp barylýar. Jogapkär işgär hukuk nama girizilýän ähli goşmaçalary we üýtgetmeleri hasaba almagy amala aşyrýar we şu gözegçilik bellikleri edýär: üýtgedilen, goşmaça girizilen, güýjüni ýitiren we ş.m.

32. Gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalarynyň hasaba alyş kagyzyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada bellik edilýär we ol ýerde senenama tertibinde üýtgetme we goşmaça girizen namanyň esasy rekwizitleri, ýagny namanyň görnüşi, senesi, belgisi görkezilýär. Şu ýerde nama girizilen üýtgetmäniň we goşmaçanyň mazmuny takyk we anyk görkezilýär.

33. Gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalarynyň bir babyna, paragrafyna, bölümine, esasy gurluşyna degişli bolmadyk bölegine, maddasyna, bölegine, bendine, kiçi bendine, tesimine, sözlemine ýa-da sözüne üýtgetme ýa-da goşmaça girizilende, şeýle üýtgetmäni girizen namanyň rekwizitlerine salgylanmak zerurdyr. Hukuk namanyň ady we mazmuny boýunça bellikler gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namanyň ýokarky çep böleginde senenama tertibine laýyklykda bellik edilýär. Namanyň belli bir maddasyna, bölegine, bendine, kiçi bendine, tesimine, sözlemine ýa-da sözüne bellikler degişli maddasynyň, bölegiň, bendiň, kiçi bendiň, tesimiň, sözlemiň ýa-da sözüň sag tarapynda goýulýar. Eger-de, sahypada bellik etmek üçin boş ýer bolmasa, onda goşmaça sahypa ulanylyp (ýelmenilip) bilner.

34. Täze görnüşde beýan edilýän hukuk namanyň (esasy gurluşyna degişli bolmadyk bölegiň, bölümiň, babyň, paragrafyň, maddanyň, bölegiň, bendiň, kiçi bendiň, tesimiň, sözlemiň ýa-da sözüň) üsti kese bölünýän çyzyk bilen çyzylýar. Şunda Hukuk namanyň  belli bir gurluş bölegi täze görnüşde beýan edilende goýulýan çyzygyň nusgasyna (şu Tertibe 9-njy goşundy) laýyklykda çyzyk goýulýar we şol ýerde girizilýän täze üýtgetmäniň mazmunyny özünde saklaýan sahypa ýelmenip goýulýar, sahypanyň arka tarapynda namanyň görnüşi, kabul edilen senesi we belgisi görkezilýär.

Hukuk namanyň esasy gurluşyna degişli bolmadyk bölek, bölüm, bap, paragraf, madda, bölek, bent, kiçi bent, tesim, sözlem ýa-da söz güýjüni ýitiren bolsa, şol gurluş bölegiň üsti kese çyzyk bilen çyzylýar. Şunda Hukuk namanyň belli bir gurluş bölegi güýji ýitirilse goýulýan çyzygyň nusgasyna (şu Tertibe 10-njy goşundy) laýyklykda çyzyk goýulýar we ol ýerde bu hukuk namanyň gurluş bölegini ýatyrýan nama salgylanma berilýär. Salgylanmada namanyň görnüşi, kabul edilen senesi we belgisi görkezilýär.

Doly güýjüni ýitiren hukuk namanyň üsti kese çyzyk bilen çyzylýar. Şunda Hukuk namanyň dolulygyna güýji ýitirilse goýulýan çyzygyň nusgasyna (şu Tertibe 11-nji goşundy) laýyklykda çyzyk goýulýar we ol ýerde bu namany ýatyrýan nama salgylanma berilýär. Salgylanmada namanyň görnüşi, kabul edilen senesi we belgisi görkezilýär.

Hukuk namanyň mazmunyndan (beýanyndan) belli bir söz ýa-da san aýrylsa, onda olaryň gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalarynyň nusgasynda üsti çyzylýar we şol sözüň ýa-da sanyň gapdalynda onuň aýrylandygy barada bellik edilýär. Şunda Hukuk namanyň beýanyndan belli bir söz ýa-da san aýrylsa, goýulýan çyzygyň nusgasyna (şu Tertibe 12-nji goşundy) laýyklykda çyzyk çyzylýar.

Belli bir söz ýa-da san çalşyrylmaga degişli bolsa, onda gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalarynyň nusgasynda olaryň üsti şu Tertibiň 12-nji goşundysyndaky nusga laýyklykda çyzylýar we täze çalşylýan söz ýa-da san bilen üsti ýetirilýär we bu barada degişli bellik edilýär.

35. Eger-de, hukuk namanyň hereket edýän möhleti uzaldylýan bolsa, onda gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalarynyň nusgasynda uzaldylan möhlet görkezilýär.

36. Gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalaryna üýtgetme ýa-da goşmaça girizilende, onuň öňki mazmuny görner ýaly edilip, onuň gabadynda  girizilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň mazmuny täze görnüşde beýan edilen sahypa ýelmenilmelidir.

37. Hukuk namalara şu aşakdaky ýagdaýlarda “seret” diýen belgi goýulýar:

1) öň kabul edilen hukuk nama hakynda ýa-da ol hukuk namadaky maglumata meňzeş maglumaty özünde saklaýan täze kabul edilen hukuk nama hasaba alynýan bolsa;

2) öň kabul edilen hukuk namalara laýyklykda (şol sanda şol namany ýerine yetirmek üçin) kabul edilen täze hukuk nama hasaba alynýan bolsa;

3) ýeňillik, ssuda we ş.m. hakynda maglumaty özünde jemleýän hukuk namalar (şu täze hasaba alynýan namanyň maglumatyna meňzeş maglumaty özünde saklaýan öň kabul edilen hasaba alnan hukuk nama bar bolsa) hasaba alynýan bolsa.

“Seret” diýen belginiň yzyndan hukuk namanyň görnüşi, kabul edilen senesi we san belgisi goýulýar.

38. Hukuk namalaryň täze neşiri alnandan soň gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalarynyň öňki neşiri gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalarynyň täze neşiri bilen çalşyrylýar. Şondan soňra kabul edilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ählisi diňe täze neşiriň nusgasynda ýerine ýetirilýär. Gözegçilik ýagdaýynda saklanýan nusgalyk hukuk namalarynyň öňki neşiri  hem saklanylýar.

39. Hasaba alyş kagyzy gözegçilik ýagdaýynda saklanylýar. Girizilýän hukuk namalaryna üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar hasaba alyş kagyzlarynda degişli bellik edip gözegçilik ýagdaýynda saklanmalydyr.

Nama üýtgedilen, goşmaça girizilen ýa-da güýjüni ýitiren bolsa, onda hasaba alyş kagyzynda bu barada bellik edilýär. Bu bellikde onuň üýtgedilendigi, oňa goşmaça girizilendigi ýa-da onuň güýjüni ýitirendigi barada maglumat hem-de  oňa üýtgetme, goşmaça girizen ýa-da onuň güýjüni ýitiren namanyň görnüşi, san belgisi we senesi görkezilýär.

Üýtgetme ýa-da goşmaça girizilende hasaba alyş kagyzynda edilýän beýan üýtgetme ýa-da goşmaça girizýän namadaky beýan bilen birmeňzeş bolmalydyr. Şeýle hasaba alyş kagyzlary üýtgetme ýa-da goşmaça girizilen namanyň hasaba alyş kagyzynyň ýerleşdirilen degişli gutularynda hem-de degişli bölümlerinde ýerleşdirilýär.

40. Güýjüni ýitiren hukuk namanyň hasaba alyş kagyzy hasaba alyş kartotekadan aýrylmaýar. Şeýle hasaba alyş kagyzlary güýji ýitirilen hukuk namanyň hasaba alyş kagyzynyň ýerleşdirilen degişli gutularynda hem-de degişli bölümlerinde ýerleşdirilýär. Şunda şol bir wagtyň özünde güýji ýitirilen hukuk namanyň hasaba alyş kagyzyndaky beýanyň üsti çyzylmalydyr we güýjüni ýitirendigi barada degişli bellik edilmelidir.

41. Hukuk namalara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigi ýa-da olaryň güýjüniň ýitirilendigi baradaky hukuk namalary hasaba alyş kagyzlary ýörite gutularda hem aýratyn ýerleşdirilýär.

 

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

1-nji goşundy

 

Hasaba alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy ýöredilýän kitap

 

T/b

Kadalaş-dyryjy hukuk namanyň görnüşi-

ne görä berilýän san belgisi

Kadalaşdy-

ryjy hukuk namanyň döwlet sanawyna girizilen

senesi

 

Kadalaş-dyryjy hukuk namanyň görnüşi we

ady

Kadalaş-

dyryjy hukuk namany kabul eden ygtyýarly edara

(wezipeli

adam)

 

Kadalaşdyryjy hukuk namanyň san belgisi we kabul edilen senesi (ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalary üçin – olaryň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan senesi we san belgisi)

Kadalaşdyryjy hukuk namanyň herekete girizilýän senesi we onuň hereket ediş möhleti

Kadalaşdy

ryjy hukuk namanyň resmi neşirde çap edilmegi baradaky maglumat

(haçan we haýsy resmi neşirde çap edileni barada)

 

Kadalaşdyryjy hukuk namanyň resmi çap edilendigi baradaky maglumat (haçan we haýsy döwürleýin metbugat neşiri tarapyndan çap edilendigi barada)

Kadalaş-

dyryjy hukuk namany resmi çap etmek elektron görnüşde ygtyýarly edaranyň Internet torundaky

 resmi saýtynda amala aşyrylan-dygy barada maglumat

Kadalaşdy-ryjy hukuk nama

üýtgetmeleriň we goşma-çalaryň girizilendigi we onuň güýjüni ýitiren diýip ykrar edilendigi barada maglumat

Kadalaşdyryjy hukuk namanyň Umumy hukuk klassifi-katory esasynda indeks

Görkezijisi

Bellikler

1

2

3

4

5

6

7

8

9

10

11

12

13

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

2-nji goşundy

 

Hasaba alnan kadalaşdyryjy däl hukuk namalarynyň sanawy

ýöredilýän kitaby

 

T/b

Hukuk namanyň görnüşine görä berilýän san belgisi

Hukuk namanyň sanawa girizi-

len senesi

 

Hukuk namanyň görnüşi we ady

Hukuk namany kabul eden

ygtyýarly edara (wezipeli

adam)

 

Hukuk namanyň güýje girýän (kabul edilen wagty we san belgisi) we herekete girizilýän senesi we onuň hereket ediş möhleti

Hukuk namanyň resmi neşirde çap edilmegi baradaky maglumat

(haçan we haýsy resmi neşirde çap edileni barada)

 

Hukuk namanyň resmi çap edilendigi baradaky maglumat (haçan we haýsy döwürleýin metbugat neşiri tarapyndan çap edilendigi barada)

Hukuk namany resmi çap etmek elektron görnüşde ygtyýarly edaranyň Internet torundaky

 resmi saýtynda amala aşyrylan-dygy barada maglumat

Hukuk nama üýtgetmele-riň we goşma-çalaryň girizilendigi we onuň güýjüni ýitiren diýip ykrar edilendigi barada maglumat

Hukuk namanyň Umumy hukuk klassifi-katory esasynda indeks

görkezijisi

Bellikler

1

2

3

4

5

6

7

8

9

10

11

12

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

3-nji goşundy

 

Hukuk namalary ulanyjylara bermegiň  we yzyna almagyň ýörite kitaby

 

 

 

 

 

 

 

 

 

T/b

 

Kodeksler

 

Ýörite kitapça

(narýad)

Türkmenis-tanyň Mejlisiniň Maglu-matlary

Türkmenis-tanyň Preziden-tiniň namala-rynyň we Türkmenis-tanyň Höküme-tiniň çözgütle-riniň Ýygyndysy

Kitapha-nadan alnan hukuk namanyň ady

Alan işgäriň familýasy,

ady,

 goly we alan senesi

Yzyna  tabşyra-nyň

familýasy,

ady,

goly we yzyna tabşyran senesi  

Bellik

1

2

3

4

5

6

7

8

9

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

4-nji goşundy

 

 

Hasaba alyş kagyzynyň nusgasy

Hukuk namanyň ady

 

Çap edilmegi

 

Indeksi

 

 

№ ____  _________   20 ____ ý.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

5-nji goşundy

 

 

Hasaba alyş kagyzynyň doldurylyşynyň nusgasy

 

Türkmenistanyň kanuny

Çap edilmegi

Indeksi

№ 267-V      17.08.2015 ý.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý. № 3,  101-nji maddasy

090.120.000

 

«Öri meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) öri meýdanlary ýa-da peýdalanylýan öri meýdan ýerleri – döwlet eýeçiliginde durýan we mal bakmak hem-de beýleki maksatlar üçin peýdalanylýan, oba hojalyk maksatly ýerleriň düzümine girýän ýerler;

2) öri meýdanlarynyň baýlyklary – belli bir öri meýdan ýer böleginiň önümliligini kesgitleýän ot, gyrymsy agaç we beýleki ösümlikleriniň gorlary;

 

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

6-njy goşundy

 

 

Umumy hukuk klassifikatoryň bölümlerini tapawutlandyrýan

kartotekadaky ýöriteleşdirilen bölüşdiriji kagyzyň nusgasy

 

 

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

7-nji goşundy

 

 

 

Umumy hukuk klassifikatoryň kici bölümlerini tapawutlandyrýan

kartotekadaky ýöriteleşdirilen bölüşdiriji kagyzynyň nusgasy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

8-nji goşundy

 

Umumy hukuk klassifikatoryň bentlerini tapawutlandyrýan kartotekadaky ýöriteleşdirilen bölüşdiriji kartoçkanyň nusgasy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

        

 

 

 

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

9-njy goşundy

 

Hukuk namanyň  belli bir gurluş bölegi täze görnüşde beýan edilende goýulýan çyzygyň nusgasy

 

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda

 

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

1. Şu Kanunyň täsiri dini guramalardan, täjirçilik guramalary tarapyndan döredilýän täjirçilik däl birleşmelerden (assosiasiýalardan) başga, raýatlaryň başlangyjy boýunça döredilen jemgyýetçilik birleşiklerine degişlidir.

2. Şu Kanunyň täsiri halkara we daşary ýurt jemgyýetçilik birleşikleriniň Türkmenistanyň çäklerinde döredilen gurluş düzüm birlikleriniň - guramalarynyň, bölümleriniň (şahamçalarynyň) we wekillikleriniň işine hem degişlidir.

3. Jemgyýetçilik birleşikleriniň aýry-aýry görnüşleriniň döredilmegi, işi, üýtgedip guralmagy we ýatyrylmagy bilen baglanyşykly aýratynlyklar ýörite kanunlar bilen düzgünleşdirilýär. Şeýle jemgyýetçilik birleşikleriniň işi ýörite kanunlar kabul edilýänçä şu Kanun arkaly düzgünleşdirilýär.

(Kanunyň 3-nji maddasy Türkmenistanyň 2017-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky № 500-V Kanuny esasynda täze görnüşde beýan edilen).

 

 

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

10-njy goşundy

 

 

Hukuk namanyň belli bir gurluş bölegi güýji ýitirilse goýulýan çyzygyň

nusgasy

 

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

K A R A R Y

 

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň çagyl-çäge

serişdelerini ulanmagy barada

 

Ýerine ýetirilýän işleriň we öndürilýän önümleriň ýokary hilini üpjün etmek, şeýle hem "Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry" Milli maksatnamamyzda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan onuň üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen,karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine garamagyndaky karýer hojalyklarynda öndürilýän çagyl-çäge serişdelerini öz hajatlary üçin we Ministrlik bilen baglaşylan şertnamalar boýunça desgalary gurýan daşary ýurt firmalaryna we kompanilaryna ýerlemek üçin ulanmaga ygtyýar bermeli. (Kararyň 1-nji bölümi Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.05.2011 ý. çykaran № 11625 karary esasynda güýjüni ýitiren).

2. "Çagyl-çäge serişdeleri öndürilýän karýer hojalyklaryny Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrligine bermek hakynda" Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 31-inde çykaran №7503 kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005-nji ýyl, №8, 450-nji madda) 2-nji bölüminde “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi” sözlerini aýyrmaly.

 

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

11-nji goşundy

 

 

Hukuk namanyň

dolulygyna güýji ýitirilse

goýulýan çyzygyň nusgasy

 

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

K A R A R Y

 

Karar Türkmenistanyň Prezidentiniň

 29.01.2016 ý. çykaran № 14586 karary

 esasynda güýjüni ýitiren.

 

 

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada

 

 

«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşüniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

 

 

Ygtyýarly edaralar tarapyndan

kadalaşdyryjy hukuk

namalarynyň hasabynyň we

ulgamlaşdyrylmagynyň

alnyp barylmagynyň Tertibine

12-nji goşundy

 

Hukuk namanyň beýanyndan belli bir

söz ýa-da san aýrylsa, goýulýan çyzygyň

nusgasy

 

 

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

K A R A R Y

 

Aşgabat şäherinde mekdepleri we çagalar baglaryny gurmak hakynda

 

"Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry" Milli maksatnamamyza laýyklykda Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň paýtagty gözel Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has gowulandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň Baýdak aýynyň 27-sinde çykaran №7784 kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Aşgabat şäherinde:

Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrligine -600 orunlyk mekdebiň we 160 orunlyk çagalar bagynyň;

"Türkmensement" paýdarlar jemgyýetine - 600 orunlyk mekdebiň;

"Türkmendökün" paýdarlar jemgyýetine - 160 orunlyk çagalar bagynyň taslamasyny öz serişdeleriniň hasabyna düzmäge we olary gurmaga ygtyýar bermeli.

2. Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň "Türkmenenergogurluşyk" konserni 600 orunlyk mekdebiň (buýrujy-"Türkmensement" paýdarlar jemgyýeti) we 160 orunlyk çagalar bagynyň (buýrujy – «Türkmendökün» paýdarlar jemgyýeti) gurluşygynyň baş potratçysy bolmaly. Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.05.2008 ý. çykaran № 9843 karary esasynda  sözler aýryldy.

 

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2018-nji ýylyň 15-nji dekabrynda 1178 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Döwlet belligine alnan buýruklar
Kabul edilen senesi 26.11.2018
Resminamanyň belgisi 68-iş