Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda

Türkmenistanyň

K a n u n y

010.140.060

050.020.010

050.030.020

010.140.020

010.150.010

Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek

boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda

 

Şu Kanun durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topary döretmegiň we onuň işiniň hukuk esasyny kesgitleýär.

 

1-nji madda. Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn toparyň düzümi

 

Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ýörite ygtyýarly edilen döwlet edarasynyň (mundan beýläk – döwlet edarasy), Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we işgärleriň beýleki wekilçilikli guramasynyň (mundan beýläk – işgärleriň wekili) hem-de iş berijileriň birleşikleriniň wekillerinden we telekeçileriň ygtyýarly wekillerinden (mundan beýläk – iş berijileriň wekili) (mundan beýläk ‒ taraplar) ybarat bolup durýar.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda kanunçylygy

 

Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar (mundan beýläk Topar) hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

 

3-nji madda. Toparyň maksatlary we wezipeleri

 

1. Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek we taraplaryň durmuş-ykdysady bähbitlerini sazlaşdyrmak Toparyň maksatlary bolup durýar.

2. Şular Toparyň wezipeleri bolup durýar:

1) üçtaraplaýyn gepleşikleri alyp barmak, Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda Baş ylalaşygy işläp düzmek we taraplaryň arasynda onuň baglaşylmagyny gazanmak;

2) durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegine ýardam bermek;

3) durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary boýunca taraplaryň bähbitlerini ylalaşmak;

4) Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklary çygryndaky kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem-de zähmet gatnaşyklary, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş goraglylygy çygryndaky döwlet maksatnamalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy we kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary geçirmek;

5) Baş ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meselelere seretmek;

6) halkara tejribesini öwrenmek, durmuş-zähmet gatnaşyklary çygrynda degişli halkara guramalary we daşary ýurt döwletleriň guramalary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmak;

7) durmuş-zähmet gatnaşyklary çygryndaky halkara resminamalarynyň tassyklanylmagy we ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary geçirmek;

8) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan başga wezipeleri ýerine ýetirmek.

 

4-nji madda. Toparyň döredilmeginiň we işiniň ýörelgeleri

 

Şular Toparyň döredilmeginiň we işiniň ýörelgeleri bolup durýar:

1) Toparyň işine işgärleriň wekiliniň we iş berijileriň wekiliniň gatnaşmagynyň meýletinligi;

2) taraplaryň ygtyýarlylygy;

3) taraplaryň özbaşdaklygy we garaşsyzlygy;

4) taraplaryň deňhukuklylygy;

5) taraplaryň bähbitlerine hormat goýulmagy we olaryň nazara alynmagy;

6) ara alyp maslahatlaşmak üçin girizilýän meseleleriň sanawyny saýlamagyň erkinligi;

7) taraplar tarapyndan borçnamalary kabul etmegiň meýletinligi;

8) taraplaryň kabul eden borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň hökmanylygy;

9) taraplaryň kabul eden borçnamalarynyň ýerine ýetirilmezligi üçin jogapkärçiligi.

 

5-nji madda. Toparyň döredilişi

 

1. Topar taraplaryň arasynda köpçülikleýin gepleşikleriň alnyp barylmagy arkaly döwlet derejesinde döredilýär.

2. Taraplaryň Toparyň düzümindäki wekilçiligi şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we degişli birleşikleriň tertipnamalaryna laýyklykda, olaryň her biri tarapyndan özbaşdak kesgitlenýär.

3. Taraplaryň wekilleri Toparyň agzalary bolup durýarlar. Taraplaryň her birinden Topardaky agzalarynyň sany ýedi adamdan köp bolmaly däldir.

4. Işgärleriň wekiliniň we iş berijileriň wekiliniň Toparda wekilçiligine degişli jedelli meseleler olaryň wekilleriniň maslahatynda ýa-da kazyýet tertibinde çözülýär.

 

6-njy madda. Baş ylalaşyk

 

1. Baş ylalaşyk Türkmenistanda durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň umumy esaslaryny belleýän we taraplaryň arasynda baglaşylýan hukuk namasydyr.

2. Baş ylalaşygy işläp düzmegiň we baglaşmagyň tertibi hem-de onuň hereket ediş möhleti Topar tarapyndan kesgitlenýär.

 

7-nji madda. Toparyň Dessury

 

Toparyň Dessury Topar tarapyndan işlenip düzülýär. Toparyň we onuň agzalarynyň iş tertibi Toparyň Dessury tarapyndan kesgitlenilýär.

 

8-nji madda. Toparyň hukuklary

 

Toparyň şulara hukugy bardyr:

1) döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň maksatnamalarynyň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahatlary geçirmäge;

2) Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklary çygryndaky kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň işlenip düzülmegine gatnaşmaga we teklipleri bermäge;

3) Baş ylalaşygyň taslamasy işlenip düzülende, ol durmuşa geçirilende we Toparyň çözgütleri ýerine ýetirilende taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutmaga;

4) degişli teklipleri işläp düzmek maksady bilen, taraplardan durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän baglaşyljak we (ýa-da) baglaşylan ylalaşyklar barada maglumatlary  sorap almaga;

5) Toparyň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga;

6) bellenen tertipde guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalardan, edaralardan we guramalardan, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslardan öz işini amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlary, Türkmenistanyň durmuş-zähmet gatnaşyklary çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny sorap almaga;

7) durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça geçirilýän mejlislere gatnaşmaga;

8) taraplaryň Toparyň agzasy bolup durmaýan wekillerini, şeýle hem ylmy işgärleri we beýleki hünärmenleri öz işine gatnaşmak üçin çagyrmaga;

9) ylmy işgärleri we beýleki hünärmenleri çekmek bilen iş toparlaryny döretmäge;

10) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

 

9-njy madda. Toparyň çözgüt kabul etmeginiň tertibi

 

1. Eger oňa taraplaryň üçüsi hem ses berse, Toparyň çözgüdi kabul edilen hasaplanýar.

2. Her bir tarapyň çözgüdi kabul etmeginiň tertibi Toparyň Dessury tarapyndan kesgitlenýär.

3. Toparyň kabul edilen çözgüt bilen razylaşmaýan agzasynyň, Toparyň mejlisiniň teswirnamasyna özüniň tekliplerini we belliklerini girizmäge hukugy bardyr.

 

10-njy madda. Döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy

 

1. Döwlet edarasy Toparyň işini utgaşdyrmagy amala aşyrýar (mundan beýläk – Toparyň utgaşdyryjysy).

2. Toparyň utgaşdyryjysy:

1) Toparyň işini guraýar, onuň mejlislerinde başlyklyk edýär;

2) iş toparlarynyň düzümini tassyklaýar;

3) Toparyň taraplarynyň bähbitleriniň ylalaşylmagyna ýardam edýär;

4) Toparyň Dessuryna, Toparyň iş meýilnamalaryna we çözgütlerine gol çekýär;

5) guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalardan, edaralardan we guramalardan Toparyň işi üçin zerur bolan maglumatlary sorap alýar;

6) taraplaryň Toparyň agzasy bolup durmaýan agzalarynyň, şeýle hem ylmy işgärleriň we beýleki hünärmenleriň Toparyň işine gatnaşmaklaryny üpjün edýär;

7) Toparyň agzalaryny durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça geçirilýän maslahatlara gatnaşmak üçin hödürleýär;

8) Toparyň mejlisleriniň arasyndaky döwürde taraplaryň utgaşdyryjylary bilen maslahatlary geçirýär;

9) Topara durmuş-zähmet gatnaşyklary çygrynda amala aşyrylýan çäreler barada habar berýär;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

11-nji madda. Taraplaryň utgaşdyryjylary

 

1. Her bir tarapyň işini şol tarapdan bolan utgaşdyryjy guraýar.

2. Döwlet edarasyna wekilçilik edýän tarapyň utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

3. Işgärleriň wekiline we iş berijileriň wekiline wekilçilik edýän taraplaryň utgaşdyryjylary taraplar tarapyndan saýlanylýarlar.

4. Her tarapyň utgaşdyryjysy onuň tabşyrygy boýunça Toparyň utgaşdyryjysyna Toparyň işiniň meýilnamasynyň taslamalary, onuň mejlisleriniň gün tertibi, taraplaryň iş toparlaryndaky wekilleriniň düzümi boýunça teklipleri berýär, Topary taraplaryň wekilleriniň düzümindäki üýtgeşmeler barada habarly edýär, taraplaryň wekilleriniň Toparyň garamagyna girizilen meseleler boýunça garaýyşlaryny anyklamak maksady bilen, olaryň maslahatlaryny guraýar.

 

12-nji madda. Toparyň agzalarynyň hukuklary we borçlary

 

1. Toparyň agzalarynyň hukuklary we borçlary Toparyň Dessury tarapyndan kesgitlenýär.

2. Toparyň mejlisine gatnaşan döwründe Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda Toparyň agzalarynyň iş ýeri (wezipesi) we ortaça zähmet haky saklanylýar.

 

13-nji madda. Toparyň işini üpjün etmek

 

Toparyň işiniň maddy-tehniki we guramaçylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

15-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

 

Şu Kanun 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                          Gurbanguly

     Prezidenti                                                            Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 20-nji oktýabry.

№ 78-VI.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 20.10.2018
Resminamanyň belgisi № 78-VI.