Hukuk maglumatlary we neşir edilen gollanmalary bermegiň hem-de olaryň berlendigi üçin tölegleri almagyň Tertibini tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2017-nji ýylyň 7-nji noýabrynda çykaran 41-iş belgili

B U Ý R U G Y

 

Hukuk maglumatlary we neşir edilen gollanmalary bermegiň hem-de

olaryň berlendigi üçin tölegleri almagyň Tertibini tassyklamak hakynda

 

 

 “Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 14970-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda,buýurýaryn:

1. Hukuk maglumatlary we neşir edilen gollanmalary bermegiň hem-de olaryň berlendigi üçin tölegleri almagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary M.Taganow gözegçilik etmeli.

 

 

Ministr                                                                             B. Muhamedow

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2017-nji ýylyň 7-nji noýabrynda

çykaran 41-iş belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Hukuk maglumatlary we neşir edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi üçin tölegleri almagyň

Tertibi

 

(Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2018-nji ýylyň 19-njy iýunyndaky buýrugy esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2018-nji ýylyň 29-njy iýunynda 1138 san bilen bellige alnan)

 

1. Hukuk maglumatlary we neşir edilen gollanmalary bermegiň hem-de olaryň berlendigi üçin tölegleri almagyň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) “Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de  Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 14970-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we hukuk maglumatlary, neşir edilen gollanmalary bermegiň hem-de olaryň berlendigi üçin tölegleri almagyň tertibini kesgitleýär.

2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi (mundan beýläk – Ministrlik) resmi taýdan çap edilen we soňra girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen üsti ýetirlen hereket edýän, şeýle hem fiziki we ýuridiki şahslar ýüzlenen ýagdaýynda güýji ýitirilen hukuk namalaryny, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň Ministrlikde döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny (gizlin, gullukda peýdalanmak üçin niýetlenen namalardan başgalary) hem-de Ministrligiň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hasaba alyş kartotekasynda hasaba alnan beýleki hukuk namalarynyň nusgalaryny we Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny, şeýle hem taýýarlanan we neşir edilen gollanmalary bermekligi amala aşyrýar.

3. Şu Tertipde ulanylýan «Hukuk maglumatlary» diýen düşünje öz içine şulary alýar: resmi taýdan çap edilen hukuk namalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň Ministrlikde döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny (gizlin, gullukda peýdalanmak üçin niýetlenen namalardan başgalary), Ministrligiň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hasaba alyş kartotekasynda hasaba alnan beýleki hukuk namalary (mundan beýläk – hukuk namalar), Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny.

4. Hukuk namalaryň, Hukuk maglumatlary özünde saklaýan  «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň hem-de taýýarlanan we neşir edilen gollanmalaryň berilmegi ministrligiň Kanunçylyk müdirliginiň Hukuk maglumatlary merkezi (mundan beýläk - Hukuk maglumatlary merkezi) tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Fiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan hukuk namalaryň, Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň, şeýle hem taýýarlanan we neşir edilen gollanmalaryň (mundan beýläk – maglumatlar) berilmegi barada Ministrlige ýazmaça görnüşde ýüz tutulýar.

Iberilýän ýüztutmalarda soralýan maglumatlaryň takyk anyklanylmagyna mümkinçilik berýän maglumatlar (onuň ady, belgisi, kabul edilen senesi), zerur bolan nusga sany, ýüz tutmalary taýýarlan ýerine ýetirijiniň familiýasy, telefon belgisi, faks belgisi hem-de bu maglumatlaryň berilmeginiň ýoly (şu Tertibiň dokuzynjy böleginde görkezilen görnüşlerde) görkezilmelidir.

6. Ýüz tutma Ministrlige gelip gowşan güni bellige alynýar hem-de seredilmegi üçin ýolbaşçylaryň garamagyna geçirilýär.

7. Ýolbaşçylar bu ýüz tutma seredilmegi üçin ony Kanunçylyk müdirliginiň Hukuk maglumatlary merkeziniň jogapkär işgärine ýollaýarlar.

Ýüz tutma boýunça degişli işler geçirilip, soralýan maglumatlar taýýarlanýar we bellenilen tertipde ýüz tutma bilen ýüzlenen şahsa berilýär ýa-da iberilýär.

8. Hukuk maglumatlary merkezinde gelip gowuşýan ýüz tutmalary we berilýän maglumatlary hasaba almak boýunça ýörite kitap ýöredilýär.

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi baradaky ýüz tutmalar aýratyn kitapda hasaba alynýar.

9. Soralýan maglumatlar ýüz tutma esasynda toplanan ýa-da aýratynlykda bir-birden şu görnüşlerde berlip bilner:

a) kagyz görnüşinde;

b) elektron görnüşinde (diskde);

ç) kagyz hem-de elektron görnüşinde.

10. Şu esaslar boýunça maglumatlaryň berilmeginden ýüz dönderilip bilner:

a) eger ýüz tutma boýunça soralýan maglumatlary takyk anyklamaga mümkinçilik bolmasa;

b) eger soralýan maglumatlar gizlin, gullukda peýdalanmak üçin bolsa ýa-da çap edilmäge degişli däl bolsa;

ç) eger soralýan maglumatlar Hukuk maglumatlary merkeziniň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hasaba alyş kartotekasynda hasaba alynmadyk bolsa, şeýle hem, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki halatlarda.

11. Fiziki we ýuridik şahslara Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp, Ministrlik tarapyndan tassyklanylan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Hukuk maglumatlar berlendigi üçin alynýan tölegiň möçberine (nyrhnamasyna) (mundan beýläk - nyrhnama) laýyklykda tölegli berilýär.

12. Eger maglumatlaryň berilmegi barada netijä gelnen bolsa, bu barada ýüz tutana ýazmaça ýa-da telefon üsti bilen habar berilýär we eger Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy soralýan bolsa degişli tölegi tölemek teklip edilýär.

13. Tölegler Türkmenistanyň banklarynyň üsti bilen bellenilen tertipde Ministrligiň býujetden daşary hasaplaşyk hasabyna tölemek arkaly amala aşyrylýar. Fiziki we ýuridiki şahslar Hukuk maglumatlary merkezine tölegiň tölenilendigini tassyklaýan resminamany bermelidirler.

14. Nyrhnamada kesgitlenilen töleglerde elekton göterijiniň (diskiň) gymmaty hasaba alynmaýar. Elektron göterijiniň gymmaty ony satyn alnan bahadan ugur alyp aýratyn tölenilýär.

15. Nyrhnamada müşderä programmany ulanmak boýunça düşündiriş bermek hyzmaty göz öňünde tutulan.  

16. Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, halk maslahatlary, häkimlikler Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy üçin tölegi tölemekden boşadylýar. Bu edaralara maglumatlar olaryň ýüz tutmalary esasynda berilýär.

17. Şu Tertibiň on altynjy böleginde sanalyp geçilen edaralardan beýleki ýuridiki we fiziki şahslara Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy, bu programma üçin tölegiň geçirilendigi barada resminamanyň gelip gowşan gününden 10 (on) senenama gününiň dowamynda berilýär.

Bu programma ýuridik şahsyň ýolbaşçysyna ýa-da ol tarapyndan bellenilen tertipde resmileşdirilen ynanç haty esasynda ynanylan wekiline berilýär.

Ýuridik şahsyň iberen ýüz tutmasynyň ýanyna, şol ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň özüne berilende, onuň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy, onuň ynanylan wekiline berilende, wekiliň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy goşulýar.

Fiziki şahsa berilende onuň ýüz tutmasynyň ýanyna şol şahsyň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy goşulýar.

Ýüz tutan fiziki şahsyň özi gelip bilmedik ýagdaýynda, onuň ynanylan wekiline bellenilen tertipde tassyklanan ynanç hatynyň esasynda berilýär.

Fiziki we ýuridik şahslar welaýat adalat bölüminiň üsti bilen «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny alyp bilerler. Şunda fiziki şahslar welaýat adalat bölümine Türkmenistanyň Adalat ministrliginden «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny almakda ýardam berilmegi baradaky ýüz tutmany (şu Tertibe 1-nji goşundy), ýuridik şahslar bolsa haýyşnamany ýazmaça görnüşinde berýärler. Şol ýüz tutmanyň (haýyşnamanyň) ýanyna şu resminamalary, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrligine «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi baradaky ýüz tutma (şu Tertibe 2-nji goşundy), ýüz tutan şahsyň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy goşulýar. Welaýat adalat bölümi kabul edilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginden «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny almakda ýardam berilmegi baradaky ýüz tutmanyň (haýyşnamanyň) nusgasyny we onuň ýanyna goşulan resminamalary Ministrlige iberýär.

Welaýat adalat bölüminden agzalan resminamalar gelip gowşup, «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny bermek barada netija gelinenden soň, Hukuk maglumatlary merkezi Ministrligiň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe bölümine resminamalary geçirýär, şol bölüm tarapyndan ýuridik şahsa hasap-fakturasy, fiziki şahsa bolsa, degişli töleg maglumatlary (rekwizitleri) ýazylyp berilýär. Bu töleg resminamalary welaýat adalat bölümine iberilýär, olar tarapyndan töleg resminamalary ýüz tutan fiziki we ýuridik şahslara berilýär.

Tölegler welaýatlardaky Türkmenistanyň banklarynyň üsti bilen Ministrligiň býujetden daşary hasaplaşyk hasabyna tölemek arkaly amala aşyrylýar. Fiziki we ýuridik şahslar tölegiň tölenilendigini tassyklaýan töleg resminamany welaýat adalat bölümine berýärler.

Welaýat adalat bölümi fiziki we ýuridik şahslaryň bölümde galýan Türkmenistanyň Adalat ministliginden «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny almakda ýardam berilmegi baradaky ýüz tutmasynda (haýyşnamasynda) tölegiň geçirilendigi barada bellik edip, töleg resminamany Ministrlige iberýär.

Bu resminamalar Ministrlige gelip gowşanyndan soňra «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy ýüz tutan fiziki we ýuridik şahsa bermek üçin welaýat adalat bölümine iberilýär. Welaýat adalat bölümi Ministrlikden iberlen «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny ýüz tutan fiziki we ýuridik şahsa berýär hem-de olary Programma üpjünçiliginiň peýdalanyjylar tarapyndan ulanylmagynyň düzgünleri bilen tanyşdyryp, şol düzgünler bilen tanyşandygy barada şol düzgünlerde ýüz tutan fiziki şahsa we ýuridik şahsyň wekiline gol çekdirýär. Şeýle-de, «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berlendigi barada fiziki we ýuridik şahslaryň welaýat adalat bölümine beren ýüz tutmasynda (haýyşnamada) bellik edýärler. Programma bermek barada ýuridik şahs ýüz tutan bolsa, welaýat adalat bölümi tarapyndan bu programma ýuridik şahsyň ýolbaşçysyna ýa-da ol tarapyndan bellenilen tertipde resmileşdirilen ynanç hatyň esasynda, onuň ynanylan wekiline berilýär, eger-de fiziki şahs ýüz tutan bolsa, fiziki şahsyň özüne berilýär, ýüz tutan fiziki şahsyň özi gelip bilmedik ýagdaýynda, onuň ynanylan wekiline bellenilen tertipde tassyklanan ynanç hatynyň esasynda berilýär.

18. Şu Tertibiň onunjy bölegine laýyklykda maglumatlaryň berilmeginden ýüz dönderilen ýagdaýynda, bu barada ýüz dönderilmeginiň sebäbini görkezip, ýüzlenene hat üsti bilen jogap iberilýär.

19. Ministrlikde we welaýat adalat bölüminde «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi baradaky ýüz tutmalar (haýyşnamalar) «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi baradaky ýüz tutmalary hasaba alyş kitabynda (şu Tertibe 3-nji goşundy) aýratyn hasaba alynýar. Şeýle hem, bu Programmanyň berilmegi bilen bagly resminamalar «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi bilen bagly toplanan resminamalary özünde saklaýan kitapda (şu Tertibe 4-nji goşundy) jemlenilip saklanylýar.

20. Hukuk maglumatlary merkezi tarapyndan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň tölegli berilmegi bilen bagly hasabat (şu Tertibe 5-nji goşundy) her aýyň jemi boýunça taýýarlanylyp, Ministrligiň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe bölümine tabşyrylýar.

Welaýat adalat bölümi tarapyndan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň  berilmegi bilen bagly hasabat (şu Tertibe 5-nji goşundy) her aýyň jemi boýunça taýýarlanylyp, welaýat adalat bölüminde saklanylýar.

21. Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyna bolan hukuk Ministrlige degişlidir.

22. Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň nusgalyklaryny ýaýratmaga bolan hukuk Ministrlige degişlidir.

23. Türkmenistanyň intellektual eýeçilik hakynda kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda fiziki we ýuridik şahslara Hukuk maglumatlary özünde saklaýan «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň nusgalyklaryny taýýarlamak we ýaýratmak gadagan edilýär. Bu barada «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň nusgalyklaryny saklaýan göterijilerde duýdurylýar.

24. Taýýarlanan we neşir edilen gollanmalaryň bahasy çaphana hyzmatlaryny ýerine ýetirýän tarapyndan kesgitleninden soňra Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp bellenilýär.

 

Hukuk maglumatlary we neşir

edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi

üçin tölegleri almagyň Tertibine

1-nji goşundy

 

 

________________ welaýat adalat       

bölümine

______________________________

         (ýaşaýan ýeri we salgysy)

______________________________

______________________________

  (ady, atasynyň ady, familiýasy)

______________________________

 

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny almakda ýardam berilmegi baradaky

ýüz tutma

 

Maňa Türkmenistanyň Adalat ministrliginden _____ sany özüme degişli bolan kompýuterimde ulanmak üçin «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny almakda ýardam bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Ýüztutmanyň ýanyna pasportymyň (ýa-da şahsyýeti tassyklaýan beýleki resminamanyň nusgasyny) goşýaryn.

 

                      __________                      _________________

                          (goly)                                                (ady, familiýasy)

     ________________

                                    (güni, aýy, ýyly)   

 

 

Habarlaşmak üçin:

Tel.____________

 

Hukuk maglumatlary we neşir

edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi

üçin tölegleri almagyň Tertibine

2-nji goşundy

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligine

 

______________________________

          (ýaşaýan ýeri we salgysy)

______________________________

______________________________

   (ady, atasynyň ady, familiýasy)

______________________________

 

 

«Adalat» elektron maglumat toplumy

programmasynyň berilmegi baradaky

ýüz tutma

 

Maňa «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasyny  _____ sany kompýuterimde ulanmak üçin bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Ýüztutmanyň ýanyna pasportymyň (ýa-da şahsyýeti tassyklaýan beýleki resminamanyň nusgasyny) goşýaryn.

 

                      __________                      _________________

                          (goly)                                              (ady, familiýasy)

     ________________

                                       (güni, aýy, ýyly)   

 

 

Habarlaşmak üçin:

Tel.____________.

 

Hukuk maglumatlary we neşir

edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi

üçin tölegleri almagyň Tertibine

3-nji goşundy

 

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi baradaky ýüz tutmalary (haýyşnamalary) hasaba alyş kitaby

 

T/b

 

Ýüz tutýan

(haýyş eden)

fiziki şahsyň familiýasy, ady

(ýuridik  şahsyň ady)

Ýüz tutmanyň (haýyşna-manyň) gelip gowuşan senesi we belgisi

Töleg resmina-masynyň ady we belgisi

 

 

Tölegiň möçberi

«Adalat» elektron maglumat toplumy program-masynyň berlenwagty

«Adalat» elektron maglu-mat toplumy program-masyny alanyň goly, (eger iberlen bolsa, iberlen hatyň senesi we belgisi)

Bellik

1

2

3

4

5

6

7

8

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hukuk maglumatlary we neşir

edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi

üçin tölegleri almagyň Tertibine

4-nji goşundy

 

 

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň berilmegi bilen bagly topalanan resminamalary özünde saklaýan kitap

 

 

20___ýyl

 

Tertip belgi ___

 

 

Başlanan wagty: “___” _____________ 20___ý.

 

Tamamlanan wagty: “___” _____________ 20___ý.

 

 

Hukuk maglumatlary we neşir

edilen gollanmalary bermegiň

hem-de olaryň berlendigi üçin  

tölegleri almagyň Tertibine

5-nji goşundy

 

«Adalat» elektron maglumat toplumy programmasynyň tölegli berilmegi bilen bagly hasabat

 

 

T/b

 

Töleýji

Sany

Berlen sany

Biriniň bahasy

(manatda)

Jemi  bahasy (manatda)

1

2

3

4

5

6

 

Fiziki şahs

 

 

 

 

 

Ýuridik şahs

 

 

 

 

 

          Jemi

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda bellige alyndy.

Bellige alyş sany 1108.


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Döwlet belligine alnan buýruklar
Kabul edilen senesi 17.11.2017
Resminamanyň belgisi 1108