Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda

 

Şu Kanun harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle-de harby gullukçylaryň we harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýynyň hukuk esaslary

 

Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýynyň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we şu Kanundan, harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän beýleki hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

2-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda hem-de kanun boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan ministrliklerinde ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda harby gullugy geçýän harby gullukçylara (mundan beýläk ‒ harby gullukçylar), harby gullukdan boşan raýatlara, şeýle hem olaryň maşgala agzalaryna degişlidir.

Harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlara harby gullukçynyň hukuk ýagdaýy şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda hem-de tertipde degişli edilýär.

2. Harby gullukçylaryň, harby gullukdan boşan raýatlaryň maşgala agzalary diýlip:

1) olar bilen bile ýaşaýan aýaly ýa-da äri;

2) kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary;

3) 18 ýaşdan geçen, ýöne 18 ýaşyna ýetmänkä maýyp bolan çagalary;

4) ýokary okuw mekdeplerinde okaýan, 24 ýaşyna ýetmedik çagalary;

5) şeýle hem harby gullukçylaryň eklenjindäki beýleki adamlar hasap edilýär.

 

3-nji madda. Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy

 

1. Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy – munuň özi harby gullukçylaryň döwlet tarapyndan kepillendirlen hukuklarynyň, azatlyklarynyň, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen borçlarynyň we jogapkärçiliginiň belli bir jemidir.

2. Harby gullukçylaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, borçlarynyň hem jogapkärçiliginiň mazmuny we göwrümi olaryň harby gullugyň borçlaryny ýerine ýetirýän ýa-da ýerine ýetirmeýän mahalyndadyklary bilen bagly bolup durýar.

3. Harby gullukçylaryň jemgyýetdäki hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary öňlerinde goýlan wezipeleri islendik şertlerde, sol sanda janyny töwekgellige salmak arkaly gürrüňsiz ýerine ýetirmek zerurlygy bilen bagly bolup, döwleti ýaragly goramak boýunça olaryň üstüne ýüklenen borçlar bilen kesgitlenýär.

4. Harby gullukçylaryň käbir umumyraýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirmeleri olaryň harby gullugy geçmeginiň aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr, göz öňünde tutulan çäklendirmeler şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary bilen bellenilýär we olaryň öwezi harby gullukçylara berilýän degişli ýeňillikler bilen dolunýar.

5. Harby gullukçylara:

1) ofiserler, harby okuw mekdepleriniň talyplary, diňleýjileri, harby gulluga borçnama boýunça giren seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar (mundan beýläk – harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylar);

2) harby gullugy çagyryş boýunça geçýän seržantlar, starşinalar, esgerler we matroslar, şeýle hem harby okuw mekdepleriniň talyplary harby gullugy geçmek hakyndaky borçnamany bermänkä (mundan beýläk – harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylar) degişlidirler.

Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, harby gullugy çagyryş boýunça geçýän ofiserler öz hukuk ýagdaýy boýunça harby gullugy borçnama boýunça geçýän ofiserlere deňleşdirilýärler.

6. Harby gullukçylara olaryň şahsyýetini hem hukuk ýagdaýyny tassyklaýan resminamalar berilýär.

7. Harby gullukçylaryň harby döwürdäki hem-de adatdan daşary ýagdaý şertlerindäki hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary «Harby ýagdaý hakynda», «Goranmak hakynda», «Türkmenistanda mobilizasion taýýarlygy we mobilizasiýa hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» Türkmenistanyň kanunlary bilen düzgünleşdirilýär.

8. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde harby gullukçylara, harby gullukdan boşan raýatlara hem-de olaryň maşgala agzalaryna durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça goşmaça ýeňillikleri belläp bilerler.

 

4-nji madda. Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyna eýe bolýan raýatlar

 

1. Harby gulluga başlanlaryndan soň raýatlar (çagyryş boýunça harby gullukçylar üçin çagyryş nokadyndan ugradylan gününden başlap) harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyna eýe bolýarlar we harby gullugy tamamlanlaryndan soň (harby hasaba durmak üçin buýruk hatda bellenen möhletden gijä galman) ony ýitirýärler.

2. Ýesir alnan, şeýle hem bitarap ýurtlarda internirlenen harby gullukçylarda harby gullukçynyň hukuk ýagdaýy saklanyp galýar. Döwlet häkimiýet edaralary we harby serkerdelik halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, harby gullukçylary azat etmek we olaryň Watanyna gaýdyp gelmegi barada çäreleri görmäge borçludyrlar.

3. Iş kesilip, azatlykdan mahrum edilen mahalynda harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy bilen göz öňünde tutulan durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde bes edilýär ýa-da çäklendirilýär.

 

5-nji madda. Harby gullukçylaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň kepillikleri

 

1. Şu Kanun bilen harby gullukçylara hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň, şeýle hem eýeleýän harby wezipelerini, dakylan harby atlaryny, harby gullugyň umumy dowamlylygyny, amala aşyrýan wezipelerini, harby gullugy geçmegiň şertlerini we tertibini nazara almak bilen, üpjünçiligiň maddy we beýleki görnüşleriniň bir bitewi ulgamy bellenilýär.

2. Harby gullukçylaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy döwletiň wezipesi bolup durýar we şulary göz öňünde tutýar:

1) döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, harby dolandyryş edaralary tarapyndan harby gullukçylaryň hukuklarynyň, ýeňillikleriniň, kepillikleriniň we öwezini dolunmalaryny almagynyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini;

2) harby gullukçylaryň durmuş taýdan goraglylygynyň kämilleşdirilmegini;

3) harby gullukçylaryň janyny we saglygyny goramagy, şeýle hem harby gullugyň häsiýetine hem-de jemgyýetde eýeleýän ornuna laýyk gelýän durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilen beýleki çäreleriň geçirilmegini.

3. Harby gullukçylaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan çäreler harby gullukdan boşan raýatlara, şol sanda öňki SSSR-iň Ýaragly Güýçlerinden boşan raýatlara hem-de harby gullukçylaryň maşgala agzalaryna şeýle derejede degişlidir.

4. Şu Kanuna laýyklykda durmuş ýeňilliklerine, hukuklaryna we kepilliklerine eýe bolan harby gullukçylar, harby gullukdan boşan raýatlar hem-de olaryň maşgala agzalary, eger Türkmenistanyň kanunlary bilen başgaça bellenilmedik bolsa, beýleki raýatlara bellenen durmuş ýeňilliklerinden, hukuklaryndan we kepilliklerinden hem peýdalanmaga hukuklydyrlar. Eger görkezilen adamlar birnäçe esaslar boýunça bir wagtda şol bir durmuş ýeňilligine, hukuga we kepillige eýe bolsalar, onda olara özleriniň islegine görä, bir esas boýunça durmuş ýeňilligi, hukugy ýa-da kepilligi berilýär.

5. Zenan harby gullukçylar eneligi we çagalygy goramak bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen durmuş hukuklaryndan we kepilliklerinden peýdalanýarlar.

Zenan harby gullukçylar üçin bellenen eneligi we çagalygy goramak bilen bagly durmuş hukuklary we kepillikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde erkek harby gullukçylara hem degişli edilip bilner.

 

II BAP. HARBY GULLUKÇYLARYŇ, HARBY GULLUKDAN BOŞAN RAÝATLARYŇ WE OLARYŇ MAŞGALA AGZALARYNYŇ HUKUKLARYNY GORAMAGYŇ DÖWLET KEPILLIKLERI

 

6-njy madda. Harby gullukçylaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, at-abraýyny we mertebesini goramak

 

1. Harby gullukçylaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagy döwlet tarapyndan kepillendirilýär.

2. Harby gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda harby gullukçylaryň janyna, saglygyna, at-abraýyna, mertebesine we emlägine kast etmek we kast etmek haýbatyny atmak ýa-da şol hereketleri olaryň ýakyn garyndaşlary babatynda amala aşyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

3. Kanun arkaly ygtyýarly edilen adamlardan başga hiç kimiň harby gullukçylaryň gulluk işine gatyşmaga hukugy ýokdur.

4. Diňe Türkmenistanyň kanunlarynda hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalarynda göz öňünde tutulan esaslara laýyklykda harby gullukçylar tutulyp saklanylyp ýa-da tussag edilip, şol sanda wagtlaýyn harby tussaghanada saklanyp bilner.

 

7-nji madda. Harby gullukçylaryň erkin hereket etmäge we ýaşaýan ýerini saýlap almaga hukugy

 

1. Harby gullukçylar erkin hereket etmäge hukugyny harby bölümleriň söweşjeň taýýarlygyny saklamagyň hem-de harby gullukçylaryň öz gulluk ýerine öz wagtynda gelmegini üpjün etmegiň zerurlygyny nazara alyp amala aşyrýarlar.

2. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylaryň harby bölümleriň çäklerinde hem-de harby bölümlerden garnizonlara goýberilende şolaryň çäklerinde erkin hereket etmäge hukugy bardyr.

3. Harby gullukçylara harby gullugy geçýän garnizonlarynyň çäklerinden daşyna çykmaga Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalarynda kesgitlenen tertipde, Türkmenistanyň çäginden daşyna çykmaga bolsa, Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde rugsat berilýär.

4. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylaryň harby gullugyň geçilişiniň şertleri, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň saglyk ýagdaýy (harby-lukmançylyk toparynyň beren netijenamasy esasynda) hem-de Borçnama boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakynda Düzgünnamada bellenilýän beýleki esaslar boýunça harby gulluk edýän ýerini üýtgetmäge, şol sanda başga ýere geçirilmegi tertibinde üýtgetmäge hukugy bardyr.

5. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylaryň harby gulluk edýän ýeri üýtgände, şeýle hem harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetilmegi, saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleri bilen baglanyşykly harby gullukdan boşadylanda, olaryň döwlet okuw mekdeplerinde okaýan, terbiýelenýän, çagalar bagyna gatnaýan maşgala agzalary özleriniň islegleri boýunça harby gullukçynyň harby gullugy geçmäge ýa-da ýaşamaga gelen täze ýeriniň golaýynda ýerleşýän okuw mekdeplerine (şeýle okuw mekdepleri bar bolsa), çagalar bagyna geçirilýärler we kabul edilýärler.

Şeýle hem harby gullukçylaryň aýaly (äri) ozalky gulluk eden      ýa-da ýaşan ýerinde işleýän hünäri boýunça soňky baran ýerinde bellenen tertipde işe kabul edilýär.

 

8-nji madda. Harby gullukçylaryň dine uýmak erkinligi

 

1. Harby gullukçylar dine bolan garaýyşlaryny özbaşdak kesgitleýärler we bu barada ynam-ygtykatlaryny beýan edýärler, şeýle hem olar özleriniň gullukdan boş wagtlary dini ybadatlara gatnaşmaga we dini däp-dessurlary berjaý etmäge hukuklydyrlar.

2. Harby gullukçylaryň öz dini garaýyşlaryny esas edinip, öz gulluk borçlaryny berjaý etmekden boýun gaçyrmaga hem-de gulluk ygtyýarlyklaryny ol ýa-da beýleki bir dine garaýşy wagyz-nesihat etmek üçin peýdalanmaga hukugy ýokdur.

3. Harby gullukçylar dini nyşanlary we dini edebiýaty ýekelikde ulanyp bilerler.

4. Harby bölümlerde dini guramalaryň döredilmegine ýol berilmeýär.

 

9-njy madda. Harby gullukçylaryň söz azatlygyna, erk-islegini erkin beýan etmäge, ýygnaklara, ýygnanyşyklara, ýörişlere gatnaşmaga bolan hukugy

 

 

1. Harby gullukçylar söz azatlygy, pikirini hem ynam-ygtykadyny beýan etmek hukugyny, maglumatlary almak hem ýaýratmak baradaky hukugyny amala aşyranda döwlet syryny we gulluk syry aýan etmeli däldirler, serkerdeleriň (başlyklaryň) beren buýruklaryny seljermeli we tankyt etmeli däldirler.

2. Harby gullukçylaryň gullukdan boş wagtlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýygnaklara, ýygnanyşyklara, ýörişlere we beýleki köpçülik çärelerine gatnaşmaga hukugy bardyr.

 

10-njy madda. Harby gullukçylaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugy

 

1. Harby gullukçylaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we şu Kanuna laýyklykda wekilçilikli häkimiýet edaralaryna saýlamaga hem saýlanmaga hukugy bardyr.

Wekilçilikli häkimiýet edaralaryna saýlanan harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenilýär.

2. Harby gullukçylaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we şu Kanuna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.

3. Harby gullukçylar syýasy maksatlary yzarlamaýan jemgyýetçilik birleşikleriniň düzüminde durup hem-de harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmeýän wagtlary olaryň işine gatnaşyp bilerler.

4. Harby gulluga borçnama boýunça girýän ýa-da harby gulluga çagyrylýan raýatlar syýasy partiýalarda we syýasy maksatlary yzarlaýan jemgyýetçilik birleşiklerinde öz agzalyklaryny togtatmaga borçludyrlar.

 

11-nji madda. Harby gullukçylaryň zähmet çekmäge bolan hukugy

 

1. Harby gullukçylar zähmet çekmäge bolan hukugyny harby gullugy geçmekleri bilen durmuşa geçirýärler.

2. Döwlet harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylara şu aşakdakylary kepillendirýär:

1) alan hünär derejesine, gulluk edende gazanan netijelerine laýyklykda we bäsleşik esasynda harby wezipeleri eýelemegini hem-de wezipesiniň ýokarlanmagy bilen täze gulluga geçirilmegini;

2) harby gullugyň bähbitlerini hem-de özleriniň islegini nazara alyp, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny.

3. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylaryň gulluk işiniň häsiýetine görä gulluk boýunça bir wezipeden başga wezipä geçirilmegi olaryň hünär derejesi hem-de gulluk zerurlygy bilen kesgitlenýär.

4. Raýatlaryň çagyryş boýunça we borçnama boýunça harby gullukda bolan wagty olaryň umumy zähmet iş döwrüne hem-de hünäri boýunça iş döwrüne goşulýar, şunda harby gullukda bolnan bir aýy işiň bir aýyna deňleşdirilen hasabyndan ugur alynýar.

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarynda harby gullukda bolnan wagt ýeňillikli tertipde hasaplanyp bilner.

5. Howa ýa-da ekologiýa şertleri ýaramsyz ýerlerde, şeýle hem harby gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmegi jany we saglygy üçin ýokary howplulyk bilen baglanyşykly bolan degişli harby wezipelerde harby gullugy geçýän harby gullukçylara Türkmenistanyň kanunçylygynda goşmaça ýeňillikler bellenilýär.

6. Harby gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda wepat bolan harby gullukçylaryň maşgala agzalary deň derejeli iş önümçiliginde we hünär derejesinde iş ýerleri ýa-da işgärleriň sany gysgaldylanda işde galmakda artykmaçlyklardan peýdalanýarlar, şeýle hem iş bilen üpjün edýän edaralar tarapyndan hünär taýýarlygyna, hünärini ýokarlandyrmaga we gaýtadan taýýarlamaga ilkinji nobatda iberilmegine hukuklydyrlar.

7. Harby gullukçylaryň, şeýle-de harby gullukçylaryň aýallarynyň (ärleriniň) çagalaryna arza bilen ýüz tutulandan soň bir aýyň dowamynda mekdebe çenli bilim bermegi üpjün edýän edaralarda orunlaryň berilmegi kepillendirilýär.

8. Harby gullukçylara harby gullugynyň daşyndan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işlemäge ýol berilmeýär, eger harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgel bermeýän bolsa, ylmy, mugallymçylyk we döredijilik işi bilen meşgullanýan halatlary muňa girmeýär. Harby gullukçylaryň telekeçilik işini amala aşyrmakda öz gulluk ýagdaýyny peýdalanyp, ýuridik we fiziki şahslara ýardam etmegi, şeýle hem munuň üçin hak-heşdek we ýeňillikler almagy gadagandyr.

9. Harby gullukçylaryň öz harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen şertlendirilmedik işleri ýerine ýetirmäge çekilmegine Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen halatlarda ýol berilýär. Şu halatlarda harby gullukçylara şol işleri ýerine ýetirýän beýleki raýatlar üçin göz öňünde tutulan ýeňillikler degişli edilýär.

 

12-nji madda. Harby gullukçylaryň gulluk wagty we olaryň dynç almaga bolan hukugy

 

1. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylaryň her hepdedäki gulluk wagtynyň umumy dowamlylygy şu maddanyň dördünji böleginde görkezilenden başga halatlarda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi bilen bellenen hepdelik iş wagtynyň kadaly dowamlylygyndan artyk bolmaly däldir.

2. Borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge hepdelik gulluk wagtynyň bellenen dowamlylygyndan artyk çekilende we munuň öwezini hepdäniň beýleki günlerinde dynç bermek bilen dolup bolmaýan mahalynda, şol artyk wagtyň hemmesi jemlenilip, harby gullukçylara goşmaça dynç günleri hökmünde berilýär, bu günler olaryň esasy rugsadyna birikdirilip bilner ýa-da şol günler tölenilýär. Şu halatlarda gulluk wagtynyň hasabyny ýöretmegiň hem-de goşmaça dynç günlerini bermegiň tertibi Borçnama boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

3. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylaryň gulluk wagtynyň dowamlylygy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalarynyň talaplaryna laýyklykda harby bölümleriň içki tertip-düzgüni we gün tertibi esasynda kesgitlenilýär, şunda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalarynda kesgitlenilýän halatlardan başga halatlarda, harby gullukçylar dynç alar ýaly her gün azyndan sekiz sagatdan az bolmadyk, şahsy zerurlyklary üçin hem iki sagat wagt berilýär.

4. Söweş nobatçylygy (söweşjeň gulluk), tälimler, gämileriň ýörişleri hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministri tarapyndan hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan sanawy kesgitlenilýän beýleki çäreler zerur bolşuna görä, hepdelik gulluk wagtynyň umumy dowamlylygyny çäklendirmezden geçirilýär.

5. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara we harby okuw mekdeplerinde hem-de okuw harby bölümlerinde harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylara, beýleki harby gullukçylara bolşy ýaly, her hepdede bir gije-gündizden az bolmadyk dynç berilýär.

Dynç günleri harby gullukçylara dynç we baýramçylyk günlerinde berilýär, şol günlerde olar harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge çekilen mahalynda bolsa, dynç güni Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalarynda kesgitlenýän tertipde hepdäniň beýleki günlerinde berilýär.

6. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylara Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, her ýylky esasy rugsat hem-de rugsatlaryň beýleki görnüşleri berilýär.

Harby gullukçylaryň her ýylky esasy rugsadynyň dowamlylygy rugsady geçirjek ýerine baryp gelmek üçin gerek bolan gije-gündiz wagta artdyrylýar.

7. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylara gullukda gazanan söweşjeň we hünär üstünlikleri üçin harby bölümiň serkerdesiniň teklibi esasynda, höweslendirmek görnüşinde 10 gije-gündize çenli rugsat berilýär.

 

13-nji madda. Harby gullukçylaryň pul hak-heşdegi

 

1. Harby gullukçylaryň pul hak-heşdegi eýeleýän harby wezipesine laýyklykda her aýda alýan aýlygyndan (mundan beýläk harby wezipesi boýunça aýlygy) hem-de harby adyna laýyklykda her aýda alýan aýlygyndan (mundan beýläk harby ady boýunça aýlygy) ybarat bolýar, şolar hem harby gullukçylaryň aýda alýan pul hak-heşdek aýlygyny (mundan beýläk pul hak-heşdegi) ybarat edýär, mundan başga-da, aýda alýan we başga hili goşmaça pullaryndan(mundan beýläk goşmaça hak) hem-de beýleki goşmaça pul haklaryndan (mundan beýläk tölegler) ybarat bolýar.

2. Borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara harby wezipeler we harby atlar boýunça berilýän aýlyklaryň, goşmaça haklaryň we tölegleriň möçberleri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Harby gullukçylaryň wezipe aýlyk haklarynyň möçberleri Türkmenistanyň hukuk namalary we harby bölümleriň tassyklanan wezipe sanawy esasynda kesgitlenilýär.

4. Borçnama boýunça harby gullukçylaryň aýlyk wezipe iş haklaryna gulluk eden ýyllary üçin göterimleriň möçberleri:

1 ýyldan 2 ýyla çenli – 5 göterim;

2 ýyldan 5 ýyla çenli – 10 göterim;

5 ýyldan 10 ýyla çenli – 15 göterim;

10 ýyldan 15 ýyla çenli – 20 göterim;

15 ýyldan 20 ýyla çenli – 25 göterim;

20 ýyldan 25 ýyla çenli – 30 göterim;

25 ýyldan ýokary – 35 göterim.

Bellenen göterimler harby gullukçylaryň harby ady boýunça hem-de eýeleýän esasy ýa-da wagtlaýyn ýerine ýetirýän wezipe işi boýunça iş haklaryna laýyklykda hasaplanylýar.

5. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen döwlet häkimiýet edaralaryna, halkara guramalaryna harby däl wezipelere bellenen, şonuň ýaly-da bellenilen tertipde döwlet häkimiýet edaralaryna ýa-da jemgyýetçilik birleşiklerinde ýolbaşçy wezipä saýlanan harby gullukçylaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda harby gullukçylar üçin göz öňünde tutulan harby ady boýunça berilýän aýlyklary, hukuk     hem-de durmuş kepillendirmeleri saklanyp galýar we görkezilen kepillikler olaryň wezipelere bellenen we saýlanan iş ýerleri boýunça üpjün edilýär.

Şunda harby gullukçynyň görkezilen wezipelerde ygtyýarlyklarynyň amala aşyrylmagy tamamlanandan soň, onuň harby gullugy öňki eýelän wezipesinde dowam etdirmäge ýa-da möhletinden öň harby gullukdan boşamaga hukugy bardyr.

6. Harby gullukçylary pul hak-heşdegi bilen üpjün etmegiň tertibi Türkmenistanyň Goranmak ministrligi hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan kesgitlenýär.

7. Döwlet gullukçylarynyň aýlyk haklarynyň möçberi ýokarlanan ýagdaýynda harby gullukçylaryň pul hak-heşdeginiň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda deň ölçeglilikde ýokarlanýar.

 

14-nji madda. Harby gullukçylara goşmaça pul tölegleri

 

1. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylara, harby okuw mekdepleriniň talyplaryna ýarawsyzlygy sebäpli (harby-lukmançylyk toparynyň beren netijenamasy esasynda) rugsada giden mahalynda, olaryň alýan bir aýlyk hak-heşdeginden az bolmadyk möçberde pul tölenilýär.

2. Borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara täze harby gulluk ýerine geçmegi ýa-da harby bölümiň başga ýere geçirilmegi bilen baglylykda täze ýaşaýyş ýerine geçenlerinde aşakda görkezilen tölegler tölenilýär:

1) harby gullukçynyň we onuň maşgala agzalarynyň ýol kireýiniň bahasy;

2) emlägi daşamak boýunça çykdajylar;

3) harby gullukçynyň we onuň maşgala agzalarynyň ýolda bolýan wagty üçin gündelik çykdajylar;

4) ýola taýýarlyk görmek we täze ýaşaýyş ýerinde ýerleşmek üçin gerek bolan günlerine, ýöne alty günden köp bolmadyk möçberde pul hak-heşdegi, şeýle hem ýolda bolýan wagty üçin pul hak-heşdegi;

5) harby gullukça we göçýän her bir maşgala agzasyna birwagtlaýyn kömek puly.

Görkezilen tölegleriň möçberleri we olary tölemegiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.

3. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylara harby gullugy dowam etdirmek üçin başga ýere geçirilmegi sebäpli başga ýere göçülende kesgitli stawkalar (ýolda bolnan her gün üçin berilýän gije-gündizlik puly) möçberinde pul tölenýär.

4. Gulluk iş saparyna iberilýän harby gullukçylara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberlerde we tertipde gulluk iş sapar çykdajylary tölenilýär.

5. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylaryň gulluk eden döwri üçin dakylan harby adyna laýyklykda hem-de esasy ýa-da wagtlaýyn ýerine ýetirýän wezipesi boýunça şol günki pul üpjünçiligine (aýlyk haklaryna) laýyklykda, aýlyk hakynyň berilýän gününde, aýlyk hak-heşdeklerini hasaplamak bilen aýlyk haklarynyň üstüne her aýda göterim goşmaça pullary gulluk eden döwri üçin tölenilýär.

Görkezilen göterim goşmaça pullaryny bellemek üçin gulluk eden döwrüniň hasaplanylyşynyň tertibi Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenilýär.

 

15-nji madda. Harby gullukçylaryň azyk we goş-golam bilen üpjünçiligi

 

1. Harby gullukçylaryň azyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Harby gullukçylaryň azyk üpjünçiligi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar hem-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan sanawy tassyklanan borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň aýry-aýry toparlary üçin olaryň harby gullugy geçýän ýerleri boýunça iýmitini guramakdan ybaratdyr.

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar rugsada ýa-da gulluk iş saparyna gidenlerinde ýolda bolýan wagty üçin olar gury azyk paýy bilen üpjün edilýärler.

2. Harby gullukçylar harby gullugy geçmegiň şertlerine baglylykda hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Harby gullukçylaryň goş-golam üpjünçiligi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda goş-golam bilen üpjün edilýärler.

 

16-njy madda. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukugy

 

1. Döwlet harby gullukçylara ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegine kepil geçýär.

Döwlete degişli bolan ýaşaýyş jaý gaznasyndan Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, beýleki ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ulanmak üçin berlen ýaşaýyş jaýlarynyň hasabyna şоlaryň goşunlarynda borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara hem-de olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna täze harby gulluk ýerine gelen gününden başlap üç aýdan gijä galman, Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksinde göz öňünde tutulan kadalar boýunça ýaşaýyş jaýlary berilýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen harby gullukçylara harby gullugyň ilkinji bäş ýylynda (harby okuw mekdeplerinde okalan wagt muňa girmeýär) gulluk ýaşaýyş jaýy ýa-da umumy ýaşaýyş jaýy berilýär. Şol möhletiň içinde olaryň harby gulluga girmezden ozal eýelän ýaşaýyş jaýlaryna bolan hukugy olarda hem-de olaryň maşgala agzalarynda saklanyp galýar. Olar harby gulluga çagyrylmanka (girmänkä) ýaşan ýerinde özleriniň ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçleriň sanawlaryndan çykarylyp bilinmez. Harby gullugy şol möhletden artyk dowam etdiren mahalynda, olara ýaşaýyş jaýlary umumy esaslarda berilýär.

3. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylar ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün bolsalar, onda harby gullugy geçýän döwründe olaryň ýaşaýyş jaý meýdanynyň şu Kanunda hem-de Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kanunçylygynda bellenilen kadalara laýyklykda özleriniň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga hukugy bardyr.

4. Türkmenistanyň hukuk namalaryna laýyklykda, harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylara has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan ipoteka karzy boýunça öýleri edinmäge ýa-da harby gullugy geçýän ýerinde hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölegini almaga hukuk berilýär.

5. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary ýaşaýyş jaýlaryny alýançalar öz isleglerine görä, harby gullugy geçýän ýeri boýunça harby bölümleriň salgylary boýunça ýazga durýarlar.

Şol harby gullukçylara we olaryň maşgala agzalaryna ýaşaýyş jaýlaryny alýançalar wagtlaýyn ýaşamaga ýaramly ýaşaýyş jaýlary ýa-da umumy ýaşaýyş jaýlary berilýär. Harby gullugy geçýän döwründe borçnama boýunça harby gullukçyny döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyndan ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmäge mümkinçiligiň bolmadyk halatynda, harby bölümler harby gullukçylary we olaryň maşgala agzalaryny ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek üçin jaýlary kärendesine almalydyrlar ýa-da harby gullukçylaryň islegine görä ýaşaýyş jaýy kireýine almak şertnamasynda şertleşilen möçberler boýunça ýaşaýyş jaýy üçin çykarylan çykdajylaryň öwezini  dolmalydyrlar.

6. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň wagtlaýyn ýaşamagy üçin ýaramly ýaşaýyş jaýlaryny kireýine almagyna ýardam bermäge borçludyrlar.

7. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylara bellenen tertipde berlen döwlet ýaşaýyş jaý gaznalaryna degişli jaýlardaky ýaşaýyş öýleri Türkmenistanyň Goranmak ministrligine    hem-de kanun boýunça harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna berkidilýär. Şol görkezilen ýaşaýyş öýleri boşan mahalynda, olara ýene-de harby gullukçylar bilen olaryň maşgalalary ýerleşdirilýär.

8. Harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi sebäpli, saglyk ýagdaýyna görä ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli harby gullukdan boşan raýatlary (eger olaryň harby gullukda bolan umumy wagty 10 ýyl we şondan köp bolsa) hem-de olaryň maşgala agzalaryny ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bellenen kadalara görä ýaşaýyş jaýlary bilen olaryň hemişelik ýaşamak üçin saýlap alan ýerinde ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçleriň sanawlaryna girizmek üçin arza berlen gününden beýläk bir ýylyň dowamynda üpjün edýärler. Ýaşaýyş jaýlarynyň tabşyrylandygy hem-de ozalky ýaşan jaýyndan çykylandygy hakyndaky resminamalary şol raýatlar we olaryň maşgala agzalary hemişelik ýaşaýyş jaýlaryny alanlarynda görkezýärler.

9. Borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetip, boşamagyna üç ýyl galanda ýa-da saglyk ýagdaýyna görä ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli harby gullukdan boşan ýyly serkerdeleriň (başlyklaryň) haýyşnamalary esasynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan olar ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçleriň sanawlaryna girizilýär.

10. Polkownik (1-nji derejeli kapitan) we şondan ýokary harby ady bolan ofiserlere bellenen kadadan artyk goşmaça ýaşaýyş jaý meýdany berilýär, onuň möçberi bolsa kada boýunça bir adama berilýän ýaşaýyş jaý meýdanynyň möçberinden az bolmaly däldir. Şeýle hukuk harby okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ätiýaçlykdaky serkerdelerini we raýat goranyşynyň şepagat uýalaryny taýýarlamak boýunça okuw merkeziniň harby gullukçy-mugallymlaryna, alymlyk derejesi ýa-da alymlyk ady bolan ylmy işgärlere hem berilýär. Ýokarda agzalan harby gullukçylar harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi sebäpli, saglyk ýagdaýyna görä ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli harby gullukdan boşanlaryndan soň hem goşmaça ýaşaýyş jaý meýdany ýa-da goşmaça jaý baradaky hukugy özünde saklap galýarlar.

Goşmaça ýaşaýyş jaý meýdanyny bermegiň tertibi hem-de şertleri Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilýär.

11. Harby gullugy geçmek üçin daşary ýurda iberilen harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylaryň döwlet we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýaşaýyş jaý gaznalaryna degişli jaýlarda ýaşap oturan ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, olaryň – daşary ýurtda bolan ähli döwründe eldegrilmesiz (bronlanan) edilip goýulýar. Ýaşaýyş jaýlary eldegrilmesiz (bronlanan) edilip goýlan harby gullukçylara täze gulluk edýän ýerinde gulluk ýa-da umumy ýaşaýyş jaýlary berilýär.

12. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylar, şeýle hem harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli harby gullukdan boşadylan raýatlar (eger olaryň harby gullukda bolan umumy wagty 20 ýyl we şondan köp bolsa) we olaryň bile ýaşaýan maşgala agzalary eýeleýän ýaşaýyş jaýy we edilýän jemagat-durmuş hyzmatlary (jemagat, elektrik energiýasy, suw, gaz we beýlekiler) boýunça tölegler amala aşyrylanda ýaşaýyş jaý gaznasynyň degişliligine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan 50 göterim möçberinde ýeňillikden peýdalanýarlar.

13. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalarynyň talaplaryna laýyklykda ýerleşdirilýärler. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylaryň, harby okuw mekdepleriniň talyplarynyň harby gulluga çagyrylmanka (girmänkä) eýeläp oturan ýaşaýyş jaýlary olaryň özlerinde saklanyp galýar. Olar ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçleriň sanawlaryndan çykarylyp bilinmez.

14. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylara hem-de harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli, harby gullukdan boşan adamlara (eger olaryň harby gullukda bolan umumy wagty 10 ýyl we şondan köp bolsa), şeýle hem harby gullugy geçmäge ýurduň daşyna iberilenlere ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklary üçin ýer böleklerini ilkinji nobatda bermäge borçludyrlar.

 

17-nji madda. Harby gullukçylaryň saglygyny goramaga, lukmançylyk kömegini almaga bolan hukugy

 

1. Döwlet harby gullukçylaryň saglygynyň goragyny, şeýle-de olaryň lukmançylyk kömegini almagyny kepillendirýär.

2. Harby gullukçylaryň saglygyny goramak işi sagdyn harby gulluk, durmuş şertleriniň döredilmegi hem-de howply harby gulluk ýagdaýlaryny çäklendirmek baradaky çäreler ulgamy arkaly üpjün edilýär, bu ulgam bolsa serkerdeleriň (başlyklaryň) Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary bilen arkalaşykda bolmagy bilen amala aşyrylýar.

3. Harby gullukçylaryň janyny we saglygyny goramak hakynda alada etmek serkerdeleriň (başlyklaryň) borjudyr. Harby tälim we söweş taýýarlygy boýunça beýleki çäreler geçirilende, harby gulluk borçlary ýerine ýetirilende, ýarag we harby tehnika ulanylanda, degişli işler geçirilende howpsuzlyk baradaky talaplary üpjün etmek wezipesi olaryň üstüne ýüklenilýär.

4. Harby-lukmançylyk bölümçelerinde, bölümlerinde hem edaralarynda (mundan beýläk – harby-lukmançylyk edaralarynda) harby gullukçylaryň tölegsiz lukmançylyk kömegini almaga hukugy bardyr. Harby gullukçylaryň harby gullugy geçýän ýerinde ýa-da ýaşaýan ýerinde harby-lukmançylyk edaralary ýa-da olaryň degişli bölümleri ýa-da ýörite lukmançylyk enjamlary bolmadyk halatynda, şeýle hem gaýragoýulmasyz halatlarda Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda olara lukmançylyk kömegi päsgelçiliksiz  hem-de tölegsiz berilmelidir. Harby gullukçylaryň özüni bejertmek üçin eden çykdajylarynyň öwezi Türkmenistanyň Goranmak ministrligi hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan dolunmalydyr.

5. Harby gullukçylar her ýyl lukmançylyk barlagyndan geçýärler, olar bilen kesel bejeriş-öňüni alyş çäreleri geçirilýär.

6. Ofiserleriň maşgala agzalary, şeýle hem olaryň eklenjindäki adamlar harby-lukmançylyk edaralarynda tölegsiz lukmançylyk kömegini almaga hukuklydyrlar. Harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýan ýerinde harby-lukmançylyk edaralary ýa-da olaryň degişli bölümleri, ýa-da ýörite lukmançylyk enjamlary bolmadyk mahalynda, şeýle hem gaýragoýulmasyz halatlarda lukmançylyk kömegi saglygy goraýyş edaralarynda umumy esaslarda berilýär.

7. Harby şäherjiklerde ýerleşen harby gullukçylara sanitariýa-epidemiologiýa üpjünçiligini Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň harby-lukmançylyk gulluklary amala aşyrýarlar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň epidemiýa garşy-sanitariýa edaralary epidemiologiýa garşy sanitariýa çärelerini harby bölümlerde geçirmekde hem-de pudaklaýyn sanitariýa gözegçiligini amala aşyrmakda tölegsiz kömek bermelidirler.

8. Harby gullukçylaryň (çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylardan we harby okuw mekdepleriniň talyplaryndan başgalaryň) esasy we goşmaça rugsatlary döwründe Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şypahanalarynda, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde özleriniň saglygyna seredilmegi we guramaçylykly dynç almagy ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär.

9. Harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şikes alan (ýaralanan, synasyna şikes ýeten, seňselän) ýa-da kesellän harby gullukçylaryň, şeýle hem harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahaly wepat bolan harby gullukçylaryň aýallarynyň (ärleriniň), 18 ýaşa ýetmedik çagalarynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýa-da Türkmenistanyň beýleki ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şypahana-dynç alyş we sagaldyş edaralarynda ýylda bir gezek tölegsiz saglygyny dikeltmäge hukugy bardyr.

10. Harby gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahaly şikes alan (ýaralanan, synasyna şikes ýeten, seňselän) ýa-da kesellän harby gullukçylaryň hassahanadaky bejergiden soň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz önünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şypahana dynç alyş hem-de sagaldyş edaralaryna harby-lukmançylyk toparynyň çykaran netijenamasyna laýyklykda, ýollanma hatyny nobatsyz almaga hukugy bardyr.

11. Harby gullukçylar we harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli, harby gullukdan boşan raýatlar, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar we olara deňleşdirilen adamlar, harby gullugyň weteranlary lukmançylyk kömegini almakda we şypahanalarda özüni bejertmekde artykmaçlyk hukugyna eýedirler.

12. Şu maddanyň 4-nji, 5-nji we 7-nji böleklerinde görkezilen harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň hukuklary hem-de ýeňillikleri harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli, harby gullukdan boşan uly we ýokary derejeli ofiserlere (eger olaryň harby gullukda bolan umumy wagty 20 ýyl we şondan köp bolsa) hem-de olaryň maşgala agzalaryna hem degişli edilýär.

 

18-nji madda. Eýeçilik hukugy

 

1. Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, harby gullukçylaryň eýeçiliginde emlägi bolup biler, olaryň eýelik etmäge, öz emlägine we beýleki eýeçilik obýektlerine eýelik etmäge, olardan peýdalanmaga hem-de olara ygtyýar etmäge hukugy bardyr.

2. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak üçin oba ýerlerinde mellek ýeri, özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin bolsa şäherlerde, şäherçelerde we obalarda ýer bölekleri berilmelidir.

3. Borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara (eger olaryň harby gulluk eden umumy wagty 20 ýyla ýeten we şondan köp bolsa) ýaşy boýunça harby gullukdan boşamagyna üç ýyl galanda, şeýle hem harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli, harby gullukdan boşan raýatlara (eger olaryň harby gulluk eden umumy wagty 20 ýyl we şondan köp bolsa) harby serkerdeligiň ýa-da harby wekilleriň teklipnamasy boýunça, olaryň ýaşamak üçin saýlap alan ýerindäki ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak we şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak üçin hususy eýeçilige ýer bölekleri berilýär.

 

19-njy madda. Harby gullukçylaryň ätiýaçlandyryş kepillendirmeleri we olara ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna bolan hukugy

 

1. Harby gullukçylar we harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar harby gullugy (harby ýygnanyşyklary) geçýän döwründe wepat bolan (aradan çykan) ýa-da şikes alan (ýaralanan, synasyna şikes ýeten, seňselän), kesellän halatlary üçin hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişlidirler.

Ätiýaçlandyrmagyň we ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

2. Harby gullukçylar (harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar) özleriniň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda (harby ýygnanyşyklarda) wepat bolan (aradan çykan) halatynda ýa-da olar özleriniň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda (harby ýygnanyşyklarda) maýyp bolmagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan gününden beýläk bir ýyl geçmänkä aradan çykan halatynda, aradan çykanyň mirasdarlary bolup durýan maşgala agzalaryna deň paýda aradan çykanyň ýyllyk zähmet hakynyň 10 essesi möçberinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna birwagtlaýyn kömek puly tölenilýär.

3. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary harby gullukçylaryň olaryň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly, ýagny harby bölümiň çäginde we onuň çäginiň daşynda saglygyna zyýan ýetirilmegi, şikes almagy, hünär aýratynlygy bilen bagly bolan kesel ýa-da saglyga başga hili zeper ýetmegi bilen ýetirilen zyýan üçin maddy jogapkärçilik çekýärler. Jebir çekeniň ýitgisiniň öweziniň dolunmagy harby gullukçynyň zähmete ukyplylygyny ýitirmegi ýa-da ukyplylygynyň peselmegi netijesinde ýitiren pul hak-heşdeginiň ýa-da onuň belli bir böleginiň möçberinde pul tölenilmeginden, şeýle-de harby gullugyň howpsuz şertleriniň berjaý edilmändigi sebäpli harby bölümiň günäsi bilen bolanlygy subut edilse, saglyga zyýan ýetmegiň netijesinde edilen goşmaça çykdajylaryň öwezini dolmakdan ybaratdyr.

4. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, borçnama boýunça harby gullugy geçip ýören wagtynda wepat bolan (aradan çykan) harby gullukçynyň zähmete ukypsyz maşgala agzalaryna we eklenjinde bolan adamlara harby gullukçynyň harby wezipesi boýunça aýlygy bilen ekleýjisini ýitirendigi sebäpli durmuş üpjünçiligi edaralary tarapyndan tölenilýän pensiýanyň aratapawudy möçberinde, onuň özüne degişli bölegini hasap etmezden, ýetirilen maddy zyýanyň her aýda öwezini dolýarlar.

5. Harby gullugy geçýän we harby ýygnanyşyklara çagyrylan wagtynda wepat bolan ýa-da şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesellemegi zerarly aradan çykan harby gullukçylar, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar harby gullugyň geçilýän (harby ýygnanyşyklaryň geçirilýän) ýerinde ýa-da olaryň garyndaşlarynyň islegine görä, başga ýerde jaýlanylýarlar. Aradan çykanyň jesedini äkitmäge taýýarlyk görmek, äkitmek, jaýlamak, guburüsti ýadygärligi ýasamak we oturtmak bilen baglanyşykly edilen çykdajylar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabyna amala aşyrylýar.

6. Şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan düzgünler harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli, harby gullukdan boşan raýatlara (eger olaryň harby gullukda bolan umumy wagty 25 ýyla ýetse we şondan köp bolsa), şeýle hem Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara we olara deňleşdirilen beýleki raýatlara, şeýle hem harby borjuny ýerine ýetiren wagty görkezen edermenligi we merdanalygy üçin döwlet sylaglary bilen sylaglanan adamlara, döwlet pensiýa üpjünçiliginde duranlara degişli edilýär.

7. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylaryň maşgala agzalaryna tölenýän birwagtlaýyn kömek pulunyň möçberi şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, olaryň wepat bolan (aradan çykan), maýyp bolan (ýaralanan, synasyna şikes ýeten, seňselän) güni durmuş töleglerini we beýleki tölegleri hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 120 essesi möçberinde hasaplanylýar.

8. Harby gullukçylaryň özleriniň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly (harby gullugy geçen döwründe alnanlar muňa degişli däl) maýyp bolmagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesele ýolukmagy netijesinde olaryň şondan beýläk harby gullugy geçmäge mümkinçiligi bolmadyk mahalynda olara 5 aýlyk hak-heşdegi möçberinde, eger maýyplyk bellenilen bolsa ýyllyk zähmet haklarynyň:

I – topar maýyplara üç essesi,

II – topar maýyplara iki essesi,

III – topar maýyplara bir essesi

möçberinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna birwagtlaýyn kömek puly tölenilýär.

9. Öz gulluk borçlaryny ýerine ýetiren döwründe harby gullukçynyň saglygyna keseki adamlaryň (ýuridik we fiziki şahslaryň) günäsi boýunça ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezi Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde dolunýar.

10. Eger harby gullukçylaryň mundan beýläk harby gullugy geçmäge mümkinçiliginiň bolmazlygyna getiren maýyplygy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesellemegi netijesinde wepat bolmagyna (aradan çykmagyna) olaryň bilkastlaýyn jenaýat etmeginiň, spirtli içgileri, neşe serişdelerini, psihotrop ýa-da seri dumanladyjy maddalary ulanmagy netijesinde serhoş bolmagynyň, ätiýaçlandyryş puluny almak ýa-da harby gullugy geçmekden boýun gaçyrmak maksady bilen synasyna zeper ýetirmeginiň sebäp bolandygy bellenen tertipde anyklanan bolsa, onda öwezini dolunma pullary tölenilmeýär.

11. Merhum jaýlananda oňa harby hormat goýup, hoşlaşmagyň tertibi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalary bilen kesgitlenýär.

 

20-nji madda. Harby gullukçylaryň bilim almaga bolan hukugy we medeniýet babatda hukuklary

 

1. Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylar orta ýa-da ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga hukuga eýedirler. Görkezilen adamlaryň orta ýa-da ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagynyň kadalary Borçnama boýunça harby gullugy geçmegiň tertibi hakynda Düzgünnama bilen bellenilýär.

2. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylara raýat okuw mekdeplerinde okamaga rugsat berilmeýär.

3. Eger raýatlar başlangyç hünär, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan wagtlary harby gulluga çagyrylan bolsalar, harby gullukdan boşanlarynda olarda harby gulluga çagyrylmanka bilim alan okuw mekdeplerinde okuwyny dowam etdirmek hukugy saklanyp galýar.

4. Harby gullukdan boşan raýatlar başlangyç hünär, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine hem-de ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlaýyş bölümlerine okuwa girmekde artykmaçlyk hukugyndan peýdalanýarlar.

5. Ugry boýunça harby hünär taýýarlyga kysymdaş ýörite orta         ýa-da ýokary raýat bilimi bar bolan harby gullukçylar, şol hünär boýunça harby gullugy geçen mahallarynda degişli orta ýa-da ýokary harby okuw mekdeplerini tamamlan harby gullukçylar bilen bilimi boýunça deňleşdirilýärler.

6. Ýokary we orta harby okuw mekdepleri ýörite bilim beriş maksatnamasy bilen birlikde kysymdaş (utgaşyk) raýat pudaklarynda hünärmenleri taýýarlamak barada bilim beriş maksatnamalaryny hem durmuşa geçirýärler hem-de okuwy gutaranlara bilim hakyndaky degişli resminamalary berýärler.

7. Ýokary harby okuw mekdeplerini tamamlan we okuw mekdeplerine mugallym hökmünde işe kabul edilen raýatlar bilimi we zähmete hak tölenilişi boýunça ýokary okuw mekdeplerini tamamlan raýatlar bilen deňleşdirilýärler.

8. Harby gullukçylar harby bölümleriň ýerleşýän ýerinde sport desgalaryndan we kitaphanalaryň hyzmatlaryndan tölegsiz peýdalanýarlar.

9. Serkerdeler (başlyklar) harby gullukçylara watançylyk, ahlak,etiki we estetiki terbiýe bermek barada çäreler ulgamyny işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga, olarda milli däp-dessurlara, dile hormat goýmak endigini kemala getirmek, höwesjeň döredijiligi ösdürmek üçin şertleri döretmäge borçludyrlar.

 

21-nji madda. Ulaglarda gatnamaga we poçta ýollanmalaryny ibermäge bolan hukuk

 

1. Harby gullukçylaryň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabyna tölenilýän demir ýol, howa we suw, awtomobil ulag serişdeleri (taksiden başga) arkaly şu halatlarda gatnamaga hukugy bardyr:

1) gulluk iş saparyna gidilende we gaýdylanda;

2) täze harby gulluk ýerine geçirilendigi bilen baglanyşykly;

3) esasy dynç alyş rugsadyny geçirýän ýerlerine (ýylda bir gezek) gidilende we gelnende;

4) keselini bejertmäge gidilende we yzyna gaýdylanda;

5) harby gullukdan boşanda saýlap alan ýaşajak ýerine gidilende.

2. Harby gullukçylar gulluk iş saparlaryna, täze harby gulluk ýerine gidende, şeýle hem esasy dynç alyş rugsadyny geçirýän ýerine gidende we yzyna gaýdyp gelende ulagyň ähli görnüşi üçin gatnaw resminamalaryny nobatsyz almak hukugyndan peýdalanýarlar. Şunda borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar iş saparyna iberilende iş saparyň şahadatnamasy esasynda özlerine myhmanhanalarda ýer berkidip goýmak (bronlamak) we ony nobatsyz almak hukugyndan peýdalanýarlar.

3. Harby gullukçylaryň, harby gullukdan boşan raýatlaryň, olaryň maşgala agzalarynyň Türkmenistanyň çäginde gatnamagy hem-de olaryň öz emläginiň daşalmagy bilen we gulluk iş saparyna iberilende myhmanhanalarda ýer berkidip goýmagy (bronlamagy) bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabyna dolunýar.

4. Söweş hereketleri netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar, söweş hereketlerine gatnaşanlar hem-de şolar bilen deňleşdirilen adamlar, harby gullugyň weteranlary, şeýle hem harby gullugy geçýän döwründe wepat bolan ýa-da nam-nyşansyz ýiten harby gullukçylaryň ata-enesi ýaşaýan ýerlerinde jemgyýetçilik awtoulag serişdeleriniň ähli görnüşinde (taksiden başga) tölegsiz gatnamak hukugyndan peýdalanýarlar.

5. Harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylaryň hatlaryny we ýollanmalaryny (harby bölümler tarapyndan iberilýän) tölegsiz ibermäge hukugy bardyr, şeýle hem olaryň adyna ýazylan hatlar harby gullugy geçýän ýerine tölegsiz iberilýär.

 

22-nji madda. Harby gullukçylaryň bikanun hereketler barada şikaýat etmäge bolan hukugy

 

1. Harby gullukçylaryň Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde kazyýete ýüz tutmak arkaly öz hukuklaryny hem kanuny bähbitlerini goramaga hukugy bardyr.

2. Harby dolandyryş edaralarynyň we serkerdeleriň (başlyklaryň) kada-kanuna bikanun çözgütleri hem-de hereketleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalarynda göz öňünde tutulan tertipde şikaýat edilip bilner.

3. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar harby gullugy geçmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça kazyýete arza  ýa-da şikaýat bilen ýüz tutanlarynda döwlet pajyny tölemekden boşadylýarlar.

 

23-nji madda. Raýatlaryň harby gullukdan boşamagy we olaryň işe ýerleşdirilmegi

 

1. Harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy sebäpli ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi netijesinde harby gullukdan pensiýa almak hukugy berilmän boşan harby gullukçylara boşandan soň bir ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby   gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasabyna harby ady üçin berilýän hak saklanyp galýar.

2. Çagyryş boýunça harby gullugy geçen harby gullukçylar harby gullukdan boşanlarynda, olara durmuş töleglerini we beýleki tölegleri hasaplamak üçin binýatlyk mukdaryna deň möçberde, eger olar ýetim bolsa ýa-da olaryň hossarlary we howandarlary bolmasa – bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri hasaplamak üçin binýatlyk mukdaryň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn kömek puly berilýär.

3. Harby gullukdan boşan raýatlara hem-de olaryň maşgala agzalaryna işe ýerleşmek we durmuş taýdan üpjünçilik boýunça şu goşmaça hukuklar bellenilýär:

 

1) ilaty iş bilen üpjün etmek gullugyna ýüz tutan gününden beýläk bir aýdan gijä goýman, olaryň hünärleri göz öňünde tutulyp iş bilen üpjün edilmegi;

2) harby gulluga çagyrylmazdan (girmezden) öň döwlet kärhanalarynda we edaralarynda işlän raýatlarda şol öňki kärhanalaryna we edaralaryna işe girmek hukugynyň saklanyp galmagy;

3) harby gullukdan boşan harby gullukçylaryň ýüz tutan pursadyndan beýläk bir aýdan gijä goýman, mekdebe çenli çagalar edaralaryna çagalarynyň ýerleşdirilmegi.

4. Harby gullukdan boşadylmagy ýa-da boşadylmagynyň esaslary bilen razylaşmadyk mahalynda, harby gullukçylaryň harby gullukda bolmagynyň tamamlanan gününden başlap bir aýyň dowamynda ýokarda duran serkerdelige şikaýat etmäge ýa-da kazyýete ýüz tutmaga hukuklary bardyr.

 

24-nji madda. Harby gullukçylaryň ekleýjisini ýitiren maşgala agzalaryny durmuş taýdan goramak

 

1. Ekleýjisini ýitirenligi üçin harby gullukçylaryň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa bellenilýär.

2. Harby gullukçylaryň ekleýjisini ýitiren maşgala agzalary mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berlende döwlet pajyny tölemekden boşadylýarlar.

3. Harby gullukçylaryň ekleýjisini ýitiren maşgalalary başga ýaşaýyş jaýlary berilmezden, eýeläp oturan ýaşaýyş jaýlaryndan çykarylyp bilinmez. Harby gullukçylaryň maşgalalarynda harby gullukçylaryň wepat bolan (aradan çykan) gününe çenli peýdalanan hyzmatlary üçin: ýaşaýyş jaýy üçin, durmuş hyzmatlary üçin tölegler boýunça ýeňillikler, şeýle hem ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak baradaky hukugy saklanyp galýar.

4. Harby gullukçylaryň ekleýjisini ýitiren maşgala agzalary ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini almakda artykmaçlyk hukugyndan peýdalanýarlar. Olara hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak we abatlaýyş işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde ýeňillikli şertlerde karz almaga hukuk berilýär.

5. Harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda wepat bolan (aradan çykan) harby gullukçylaryň ata-enelerine hem-de başga biri bilen nikalaşmadyk aýallaryna (ärlerine) tölegsiz lukmançylyk kömegini almak hukugy berilýär.

6. Wepat bolan (aradan çykan) uly we ýokary derejeli serkerdeleriň, şol sanda harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli, harby gullukdan boşanlaryň aýallarynda (ärlerinde) olaryň wepat bolan (aradan çykan) gününe çenli peýdalanyp gelen lukmançylyk kömeginiň berilmegi, özlerini şypahanalarda bejertmegi boýunça berlen ýeňillikler saklanyp galýar.

 

25-nji madda. Pensiýa üpjünçiligine bolan hukuk

 

Harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde pensiýa üpjünçiligine hukugy bardyr.

 

26-njy madda. Harby gullukçylaryň fiziki güýji, ýörite serişdeleri ulanmaga, ýaragy ulanmaga we peýdalanmaga bolan hukugy

 

Harby gullukçylaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda we tertipde fiziki güýji, ýörite serişdeleri ulanmaga, ýaragy götermäge, ýanynda saklamaga, ulanmaga we peýdalanmaga, şeýle hem söweşjeň we ýörite tehnikany peýdalanmaga hukugy bardyr.

 

III BAP. HARBY GULLUKÇYLARYŇ BORÇLARY

 

27-nji madda. Harby gullukçylaryň umumy borçlary

 

1. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini gorap saklamak, döwlet howpsuzlygyny üpjün etmek, harby çozuşa gaýtawul bermek, şeýle hem Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna laýyklykda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek harby borjuň düýp manysyny düzýär we harby gullukçylary şulara borçly edýär:

1) harby kasama wepaly bolmaga, öz halkyňa janyň-teniň bilen gulluk etmäge, öz Watanyňy mertlerçe we başarjaň goramaga;

2) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we beýleki kanunlaryny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalarynyň talaplaryny pugta berjaý etmäge, serkerdeleriň (başlyklaryň) buýruklaryny gürrüňsiz ýerine ýetirmäge;

3) öz halkyny goraýjylaryň mertebesine we söweşjeň şöhratyna, harby adynyň abraýyna we goşundaky ýoldaşlyk däbine sarpa goýmaga;

4) harby ussatlygyny kämilleşdirmäge, ýaragy we harby tehnikany ulanmak üçin hemişe taýýarlykda saklamaga, harby emlägi aýawly saklamaga;

5) tertip-düzgünli, hüşgär bolmaga, döwlet we gulluk syryny gorap saklamaga;

6) Türkmenistan tarapyndan harby babatda ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryny berjaý etmäge .

2. Harby gullukçy «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan halatlarda harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän hasap edilýär.

 

28-nji madda. Harby gullukçylaryň wezipe we ýörite borçlary

 

1. Harby gullukçylaryň wezipe borçlary hem-de olary ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunlary, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalary we beýleki hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

2. Serkerdeler (başlyklar) parahatçylykly hem-de harby döwürde hemişe söweşjeň we mobilizasion taýýarlygyň saklanmagyna, söweş wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, söweşjeň taýýarlyga, şahsy düzüme terbiýe berilmegine, onuň harby düzgün-nyzamlylygyna, harby gullugyň howpsuzlygyna, ýaraglaryň, harby tehnikanyň we emlägiň ýagdaýyna hem-de abat saklanmagyna, maddy, tehniki, lukmançylyk, maliýe, durmuş taýdan üpjün edilmegine jogap berýärler.

3. Söweşjeň nobatçylykda (söweş gullugynda), gije-gündizlik we garnizon tabşyryklarynda (narýadlarynda) duran, tebigy betbagtçylyklaryň zyýanly netijelerini ýok etmek üçin, şeýle hem beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda çekilen harby gullukçylar ýörite borçlary ýerine ýetirýärler. Ýörite borçlar we olary ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalary we beýleki hukuk namalary bilen bellenilýär.

4. Harby gullukçylaryň ýörite borçlary ýerine ýetirmekleri üçin, olara Türkmenistanyň hukuk namalary hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalary bilen bellenen goşmaça hukuklar (ýarag, güýç ulanmak, hökmany ýerine ýetirilmeli talaplary bildirmek, pugta bellenen adamlara boýun egmek we ş.m.) berlip bilner.

 

IV BAP. HARBY GULLUKÇYLARYŇ

JOGAPKÄRÇILIGI

 

29-njy madda. Harby gullukçylaryň hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligi

 

1. Harby gullukçylar hukuk bozulmalaryň häsiýetine we agyrlygyna baglylykda düzgün-nyzam, raýat-hukuk, maddy, administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligini çekýärler.

2. Harby gullukçylar harby düzgün-nyzamy, ahlak kadalaryny we harby ar-namysy bozmak bilen baglylykda eden etmişleri üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalarynda kesgitlenen esaslara we tertibe görä düzgün-nyzam jogapkärçiligini çekýärler.

3. Harby gullukçylar administratiw hukuk bozulmalary üçin Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine laýyklykda umumy esaslarda jogapkärçilik çekýärler. Şunda olar babatynda administratiw taýdan tussag etmek çäreleri, harby gullugy çagyryş boýunça geçýän harby gullukçylar barada bolsa, jerime ulanylyp bilinmez.

4. Harby gullukçylar harby gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilen mahalynda döwlete ýetirilen maddy zyýan üçin «Harby gullukçylaryň maddy jogapkärçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda maddy jogapkärçilige çekilýärler.

5. Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan borçlaryň ýerine ýetirilmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmändigi, döwlete, gaýry fiziki we ýuridik şahslara ýetirilen zyýan üçin harby gullukçylar raýat-hukuk jogapkärçiligini çekýärler.

6. Harby gullukçylar jenaýat edendigi üçin Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyklykda jenaýat jogapkärçiligini çekýärler.

 

30-njy madda. Jemgyýetçilik täsir ediş çäreleri

 

1. Harby gullukçylar harby düzgün-nyzamyň we jemgyýetçilik tertibiniň bozulmagy bilen baglanyşykly etmişler üçin, şeýle hem ahlak kadalarynyň we harby ar-namysyň bozulmagy üçin jemgyýetçilik täsir ediş çärelerine sezewar edilip bilner – şahsy düzümiň ýygnaklarynda ara alnyp maslahatlaşylyp, ofiserleriň eden etmişlerine bolsa – ofiserler ar-namys kazyýetleri tarapyndan garalyp bilner.

2. Harby gullukçylaryň etmişlerini ara alyp maslahatlaşmagyň hem-de olara garalmagyň we olar barada jemgyýetçilik täsir ediş çärelerini ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby Tertipnamalary we Türkmenistanyň beýleki hukuk namalary bilen bellenilýär.

 

31-nji madda. Harby gullukçylar babatda kazyýet önümçiligini ýöretmek

 

1. Harby gullukçylaryň gatnaşýan raýat işleri boýunça, şeýle-de olaryň jenaýat jogapkärçiligine çekilmekleri bilen baglylykda kazyýet işini ýöretmek Türkmenistanyň iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Jenaýat işi boýunça tussag edilen harby gullukçy wagtlaýyn harby tussaghanada ýa-da deslapky tussag ediş ýerlerinde raýat şahslardan aýry saklanylýar.

3. Harby gullukçylara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýuridiki kömegi almaga hukuk üpjün edilýär.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

32-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

33-nji madda. Käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek

 

Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) 2009-njy ýylyň 30-njy awgustynda kabul edilen «Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny  (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 63-nji madda);

2) 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen «Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 4, 77-nji madda);

3) 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 45- nji madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                Gurbanguly

     Prezidenti                                                 Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.

№ 655-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 25.11.2017
Resminamanyň belgisi № 655-V