Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 163-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 127-VI Kanuny esasynda girizilen

 üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun terrorçylyga garşy hereket etmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny, döwlet häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, gaýry guramalaryň, wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklaryny we borçlaryny kesgitleýär, şeýle hem terrorçylyga garşy hereket etmäge gatnaşmaklary bilen baglanyşykly raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goragynyň kepilliklerini belleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Terrorçylyga garşy hereket etmegiň hukuk esasy

 

Terrorçylyga garşy hereket etmegiň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şu Kanun we bu ugurda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki hukuk namalary düzýärler.

 

2-nji madda. Terrorçylyga garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri

 

Türkmenistanda terrorçylyga garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri şular bolup durýar:

1) adamyň we raýatyň esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi we goragy;

2) kanunylyk;

3) terrorçylygyň öňüni almak we terrorçylyk howpuna sezewar bolýan şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak çäreleriniň ileri tutulmagy;

4) terrorçylyk işiniň amala aşyrylanlygy üçin jezanyň gutulgysyzlygy;

5) terrorçylyga garşy göreşmegiň aýan we aýan däl usullarynyň sazlaşygy;

6) hukuk, syýasy, durmuş-ykdysady, habar maglumatlaýyn-wagyz ediş çäreleriniň toplumlaýyn peýdalanylmagy;

7) döwletiň terrorçylyga garşy göreşde jemgyýetçilik birleşikler we dini guramalar, halkara we gaýry guramalar, raýatlar bilen hyzmatdaşlygy;

8) terrorçylyga garşy göreş çäreleri geçirilende çekilýän güýçlere we serişdelere ýolbaşçylygyň ýeketäkligi;

9) terrorçylyga garşy ýörite çäreleri geçirmegiň usullary, ýörite serişdeleri, tehniki tilsimleri barada, şeýle hem şolara gatnaşýanlaryň düzümi barada maglumatlaryň ýaşyrynlygy;

10) bialaç zerurlyk bolan halatynda terrorçylara ujypsyz ýeňillik berilmegi;

11) terrorçylygyň ýüze çykmagynyň netijeleriniň iň az möçbere çenli peseldilmegi we (ýa-da) ýok edilmegi;

12) terrorçylyga garşy hereket etmegiň çäreleriniň terrorçylyk howpunyň häsiýetine we derejesine barabarlygy;

13) jemgyýetçiligiň terrorçylykly hereketler barada we terrorçylyga garşy ýörite çäreleriň geçirilýänligi hakynda habarly edilmegi.

 

3-nji madda. Esasy adalgalar we olaryň kesgitlemeleri

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky adalgalar peýdalanylýar we olaryň kesgitlemeleri ulanylýar:

1) terrorçylyk döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýa-da halkara guramalary ýa gaýry şahslar tarapyndan çözgüt çykarylmagyna zorluk etmegiň taglymy we täsir etmegiň usuly; jenaýatçylykly maksatlara ýetmek üçin adamlary girewine almak, otlamak, öldürmek, gynamak, ilaty we häkimiýet edaralaryny gorkuzmak ýa-da bigünä adamlaryň janyna ýa-da saglygyna başga kast etmeleri amala aşyrmak, ýa-da haýsydyr bir jenaýatçylykly hereketleri amala aşyrmak howpuny salmak ýoly bilen bilkastlaýyn zorluk ulanmakdan ybarat jemgyýete howply etmiş;

2) tehnologik terrorçylygy – ýadro, himiki, bakteriologik (biologik) we beýleki köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýa-da onuň düzümlerini, adamlaryň saglygyna beýleki zyýanly maddalary, elektromagnit täsir ediş serişdelerini, kompýuter ulgamlaryny we kommunikasiýa torlaryny ulanmak bilen terrorçylykly maksatlar üçin amala aşyrylýan jemgyýete howply iş, şol sanda göni ýa-da gytaklaýyn aýratyn adatdan daşary ýagdaýlary, awariýalary we şeýle hereketler netijesinde işgärler düzümine, ilata we daşky gurşawa howp döretjek tehnogen häsiýetli heläkçilikleri döredýän ýa-da döretmegi mümkin bolan aýratyn howply desgalary basyp almak, hatardan çykarmak we berbat etmek;

3) halkara terrorçylygy – kesgitli maksatlara ýetmek üçin bigünä adamlary ogurlamak, ele salmak, öldürmek ýa-da olaryň janyna we saglygyna howp salmak, möhüm desgalary, ýaşaýyş üpjünçilik, kommunikasiýa ulgamlaryny weýran etmek ýa-da weýran etmek howpuny salmak bilen baglanyşykly terrorçylykly toparlar ýa-da guramalar tarapyndan dünýä we sebit derejesinde, şol sanda aýry-aýry döwletleriň döwlet edaralary tarapyndan goldanylmagy bilen amala aşyrylýan jemgyýetçilik howply zorlukly etmişler;

4) terrorçylykly iş şulary öz içine alýan iş:

a) terrorçylykly hereketi meýilleşdirmegi, guramagy, taýýarlamagy we amala aşyrmagy;

b) terrorçylykly hereketleri amala aşyrmaga, fiziki şahslara ýa-da ýuridik şahslara zorluk etmäge, terrorçylykly maksatlar bilen maddy obýektleri ýok etmäge meçew bermegi, şeýle hem jemgyýetiň arasynda terrorçylygy aklamagy;

ç) terrorçylykly hereketi amala aşyrmak üçin bikanun ýaragly birikmeleri, jenaýatçylykly bileleşikleri (jenaýatçylykly guramalary), guramaçylykly toparlary döretmegi, şonuň ýaly-da şeýle düzümlere gatnaşmagy;

d) terrorçylary öz tarapyňa çekmegi, ýaraglandyrmagy, okatmagy we peýdalanmagy;

e) terrorçylygyň taglymynyň wagyz edilmegini we ýaýradylmagyny, terrorçylyk işini amala aşyrmaga çagyrýan materiallaryň ýa-da maglumatlaryň ýaýradylmagyny;

ä) terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we oňa başgaça ýardam edilmegi;

5) halkara terrorçylykly iş – terrorçylar, terrorçylykly toparlar ýa-da guramalar tarapyndan birden köp döwletiň çäginde amala aşyrylýan ýa-da birden köp döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirýän, bir döwletiň raýatlary tarapyndan başga bir döwletiň raýatlary babatynda ýa-da başga bir döwletiň çäginde amala aşyrylýan, terrorçy we terrorçylygyň pidasy şol bir döwletiň ýa-da dürli döwletleriň raýatlary bolup durýan, ýöne jenaýat bu döwletleriň çäkleriniň daşynda amala aşyrylýan halatyndaky terrorçylykly iş;

6) terrorçylykly hereket şu aşakdakylardan ybaratdyr:

a) partlatmak, otlamak, ýadro partlaýjy enjamly, radioaktiw, himiki, biologik, partladyjy, zäherleýji, güýçli täsir ediji maddalary ulanmak ýa-da ulanmak howpuny salmak arkaly terrorçylyk häsiýetli jenaýatyň gönüden-göni amala aşyrylmagy;

b) ulag serişdeleriniň ýa-da gaýry desgalaryň basylyp alynmagy, zeper ýetirilmegi, ogryn äkidilmegi, ýok edilmegi;

ç) ilatyň jemlenen ýerinde we köpçülikleýin çäreler geçirilende bidüzgünçilikleri öjükdirmek we howsala döredilmegi;

d) döwlet ýa-da jemgyýetçilik wezipeli adamyň, ilatyň milli, etniki, dini ýa-da gaýry toparlarynyň wekiliniň janyna kast edilmegi;

e) adamlaryň girew alynmagy, adamyň ogurlanylmagy;

ä) betbagtçylykly hadysalar we tehnogen häsiýetli heläkçilikler üçin şertleri döretmek ýa-da şeýle howpy döretmek haýbatyny hakyky atmak arkaly aýry-aýry şahslaryň janyna, saglygyna ýa-da emlägine zyýan ýetirmek howpunyň döredilmegi;

f) howplaryň islendik görnüşde we islendik serişdeler arkaly ýaýradylmagy;

g) adam pidalaryna, emläge ep-esli möçberde zyýan ýetirilmegine ýa-da jemgyýetçilik howply netijelere getirýän gaýry hereketler;

7) terrorçylyk häsiýetli jenaýatlar – Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 169-1692-nji, 170-nji, 174-nji, 1741-nji, 175-1753-nji maddalarynda, 176-njy maddasynyň birinji böleginde, 271-2715-nji, 273-nji, 277-2771-nji, 283-nji, 285-nji maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlar. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki jenaýatlar hem, eger olar terrorçylykly maksatlar bilen amala aşyrylan bolsa, terrorçylyk häsiýetli jenaýatlara degişli edilip bilner;

8) terrorçy – terrorçylykly işe islendik görnüşde gatnaşýan şahs;

9) terrorçylykly topar – terrorçylyk maksatly hereketleri amala aşyrmak üçin bileleşen iki we şondan köp şahslardan ybarat topar;

10) terrorçylyk guramasy terrorçylykly işi amala aşyrmak maksady bilen döredilýän, özünde wezipeleriň paýlanyşygy bellenilen, onuň düzümine girýän şahslar üçin hökmany bolan özüňi alyp barmagyň kadalary kesgitlenilen ýa-da öz işinde terrorçylygy peýdalanmak mümkin diýip hasap edýän gurama.

Eger guramanyň düzüminden kimdir biri tutuş guramanyň ýolbaşçylarynyň biriniň razylygy bilen terrorçylykly işi amala aşyrýan bolsa, gurama terrorçylyk guramasy diýlip ykrar edilýär;

11) terrorçylyga garşy hereket – terrorçylykly hereketiň öňüni almak, terrorçylary zyýansyzlandyrmak, fiziki şahslaryň, guramalaryň we edaralaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem terrorçylykly hereketiň zyýanly netijelerini iň az möçbere çenli peseltmek boýunça söweş tehnikasyny, ýaragy we ýörite serişdeleri ulanmak arkaly geçirilýän ýörite, dessin-söweş, goşun we gaýry çäreleriň toplumy;

12) terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän zolagy – terrorçylyga garşy ýörite çäräniň ýolbaşçylygy tarapyndan kesgitlenen aýry-aýry ýer bölekleri, ulag serişdesi, jaý, bina, desga we çäklerinde görkezilen ýörite çäre geçirilýän olara ýanaşyk çäkler ýa-da suw ýüzüniň çäkleri;

13) girew alnan adam – ele salnan we (ýa-da) saklanylýan şahsyň azat edilmeginiň şertleri hökmünde haýsydyr bir hereketi amala aşyrmaga ýa-da haýsydyr bir hereketi amala aşyrmakdan saklanmaga döwlet guramasyny ýa-da aýry-aýry şahsyýetleri mejbur etmek maksady bilen ele salnan we (ýa-da) saklanylýan fiziki şahs.

 

4-nji madda. Terrorçylyga garşy hereket etmegiň esasy maksatlary

 

Türkmenistanda terrorçylyga garşy hereket etmegiň esasy maksatlary şular bolup durýar:

1) şahsyýeti, jemgyýeti we döwleti terrorçylykdan goramak;

2) terrorçylykly işi duýdurmak, ýüze çykarmak, öňüni almak, soňuna çykmak we onuň netijelerini iň az möçbere çenli peseltmek;

3) terrorçylyga garşy hereket etmek bilen bagly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmek;

4) ýurduň ilatynda terrorçylyga çydamsyzlyk ýagdaýyny döretmek;

5) terrorçylygyň ýüze çykmagyna we terrorçylykly işi amala aşyrmaga täsir edýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmak we ýok etmek.

 

II BAP. TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEGI

GURAMAGYŇ ESASLARY

 

5-nji madda. Terrorçylyga garşy hereket etmegiň guramaçylyk esaslary

 

1. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşine baştutanlyk edip:

1) terrorçylyga garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär;

2) Türkmenistanyň çäginde terrorçylyga garşy hereket etmek üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň, goşun düzümleriniň we (ýa-da) ýörite maksatly düzüm birlikleriniň ulanylmagy barada bellenilen tertipde buýruk berýär;

3) Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) terrorçylyga garşy hereket etmek çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär;

2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça işiniň zerur güýçler, enjamlar we serişdeler bilen üpjün edilmegini guraýar.

3. Şular özleriniň ygtyýarlyklaryna laýyklykda, terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralary bolup durýarlar:

1) Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi;

2) Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi;

3)Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugy;

4) Türkmenistanyň Goranmak ministrligi;

5)Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy;

6)Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy;

7)Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy;

8-nji bendi Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 127-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

9) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy.

4. Beýleki döwlet häkimiýet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça işi amala aşyrýarlar.

5. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen döredilýän Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça döwlet topary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

6-njy madda. Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça döwlet toparynyň esasy wezipeleri

 

Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça döwlet topary şu esasy wezipeleri çözýär:

1) terrorçylygyň döremegine we terrorçylykly işiň amala aşyrylmagyna we terrorçylykly maksat bilen edilýän gaýry jenaýatlaryň amala aşyrylmagyna ýardam edýän sebäpleriň we şertleriň ýüze çykarylmagy we ýok edilmegi boýunça işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen teklipleri işläp düzýär;

2) Türkmenistanyň çäginde terrorçylygyň ýagdaýy we onuň  ýaýramagynyň meýilleri barada maglumatlary toplamagy geçirýär we seljermegi amala aşyrýar;

3) terrorçylyga garşy hereketi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň terrorçylykly hereketleri duýdurmak, ýüze çykarmak we olaryň öňüni almak boýunça işini utgaşdyrýar;

4) terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça maksatnamalary işläp düzýär;

5) terrorçylykly hüjümlere sezewar bolup biljek möhüm döwlet desgalarynyň, binalarynyň we kommunikasiýalarynyň sanawyny kesgitleýär we bu desgalara abanýan terrorçylykly howplaryň aýratynlygy we häsiýeti barada maglumatlary toplamagy we seljermegi amala aşyrýar;

6) goralmaga degişli möhüm döwlet desgalarynyň, binalarynyň we kommunikasiýalarynyň goraglylygynyň ýagdaýyny seljerýär, şeýle goragyň guralmagyna talaplary, şeýle hem onuň kämilleşdirilmegi boýunça teklipleri işläp düzýär;

7) terrorçylyga garşy hereket etmegiň meseleleri boýunça daşary ýurt döwletleriniň ýörite gulluklary, hukuk goraýjy edaralary we halkara guramalar bilen özara utgaşykly hereketi üpjün edýär;

8) terrorçylyga garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň taýýarlanylmagyna gatnaşýar;

9) terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça okuwlaryň guralmagyny we hünärmenleriň taýýarlanylmagyny, bu ugurda ylmy barlaglaryň geçirilmegini üpjün edýär;

10) terrorçylyga garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek barada teklipleri işläp taýýarlaýar.

 

7-nji madda. Terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

1. Terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) döwlet edaralarynyň we guramalarynyň mümkinçiliklerinden, şeýle hem raýatlaryň ýardam etmeginden peýdalanyp, özara hereketleri amala aşyrýarlar;

2) terrorçylykly işiň kesgitlemesine gabat gelýän we şol edaralaryň ygtyýarlygyna degişli bolan faktlar we alamatlar hakynda habarly edýärler hem-de zerur bolan özara kömegi berýärler;

3) bilelikde terrorçylyga garşy ýörite çäreleri geçirýärler.

2. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi terrorçylyga garşy şular arkaly hereket edýär:

1) döwletiň konstitusion gurluşynyň zorluk bilen üýtgedilmegine we çäk bitewüliginiň bozulmagyna gönükdirilen terrorçylykly işiň duýdurylmagyna, ýüze çykarylmagyna we öňüniň alynmagyna, şol sanda halkara terrorçylykly işiň duýdurylmagyna, ýüze çykarylmagyna we öňüniň alynmagyna gönükdirilen dessin-agtaryş çärelerini geçirmek;

2) daşary ýurt we halkara terrorçylykly guramalaryň işi barada maglumatlary ýygnamak, baha bermek we umumylaşdyrmak;

3) terrorçylykly iş bilen baglanyşykly jenaýat işler boýunça jenaýatlary Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda derňemek;

4) Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk we beýleki edaralarynyň we daşary ýurtlarda bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek.

3. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi terrorçylyga garşy hereket etmegi terrorçylykly maksatlar bilen edilen jenaýatlary duýdurmak, öňüni almak, ýüze çykarmak we soňuna çykmak hem-de kanunda gadagan edilen usullar bilen alnan pul serişdeleriniň kanunlaşdyrylmagynyň öňüni almaga we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmäge gatnaşmak arkaly amala aşyrýar, şeýle hem terrorçylyga garşy ýörite çäreler geçirilen mahalynda zerur güýçleri we serişdeleri berýär hem-de bu çäreleriň geçirilýän wagtynda olaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün edýär.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugy ygtyýarlyklarynyň çäginde terrorçylyga garşy hereket etmegi goralýan şahslaryň, olaryň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerleriniň, goralmaga degişli desgalaryň goragyny üpjün etmek we olarda jenaýatlary we beýleki hukuk bozulmalary ýüze çykarmak, duýdurmak hem-de öňüni almak bilen amala aşyrýar.

5. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi:

1) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň obýektleriniň, özünde ýerleşýän ýaraglaryň, ok-därileriň, harby tehnikanyň, partlaýjy maddalaryň terrorçylykly kast etmelerden abat saklanylmagyny we goralmagyny üpjün edýär, şeýle hem zerur halatlarda terrorçylyga garşy ýörite çäreleri geçirmäge we Türkmenistanyň howa we deňiz giňişliginiň howpsuzlygyny üpjün etmäge gatnaşýar;

2) ilaty we çäkleri terrorçylykly hereketler netijesinde ýüze çykan tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlardan raýat goranyşy boýunça goramak çärelerini amala aşyrýar, halas ediş işleri guraýar, terrorçylykly hereketleriň netijelerini ýok etmek boýunça beýleki gaýragoýulmasyz çäreleri görýär.

6. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy terrorçylyga garşy hereket etmegi daşary ýurt raýatlary tarapyndan ýurtda bolmagyň tertibiniň berjaý edilmegine gözegçilik etmek hem-de terrorçylaryň Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki migrasiýa gözegçilik postlaryndan geçmäge synanyşyklaryny duýdurmak, ýüze çykarmak we öňüni almak arkaly amala aşyrýar.

7. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy terrorçylyga garşy hereket etmegi terrorçylaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmäge synanyşyklaryny, şeýle hem ýaraglaryň, ok-därileriň, neşe serişdeleriniň, partlaýjy, zäherleýji, radioaktiw maddalaryň we terrorçylyk maksatly hereketleri amala aşyrmagyň serişdeleri hökmünde ulanylyp bilinjek gaýry närseleriň Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden bikanun geçirilmegini duýdurmak, ýüze çykarmak we öňüni almak arkaly amala aşyrýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz güýçleri serkerdeligi bilen bilelikde Türkmenistanyň çäk deňzinde we içerki suwlarynda, deňiz ykdysady zolagynda, kontinental şelfinde ýerleşýän deňiz önümçilik işiniň desgalarynda terrorçylyga garşy çäreler geçirilýän wagtynda terrorçylykly wehimiň öňüni almaga beýleki ýörite çekilen güýçlere ýardam edýärler.

8. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy terrorçylyga garşy hereket etmegi ýaraglaryň, ok-därileriň, partlaýjy, zäherleýji, radioaktiw maddalaryň, terrorçylyk işi bilen baglanyşykly jenaýatlary etmek üçin peýdalanylyp bilinjek beýleki närseleriň Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük postlarynyň üstünden geçirilmegine synanyşyklary duýdurmak, ýüze çykarmak we öňüni almak arkaly amala aşyrýar.

Dokuzynjy bölegi Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 127-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

10. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket boýunça ygtyýarly döwlet edarasy «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň faktlaryny ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen pul serişdeleriniň we gaýry emläk bilen bagly amallaryň monitoringini amala aşyrmak arkaly terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy durýar.

 

8-nji madda. Terrorçylyga garşy hereket edilende Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ulanylmagy

 

Terrorçylyga garşy hereket etmegiň barşynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri şu maksatlar üçin ulanylyp bilner:

1) Türkmenistanyň çäk deňzinde we içerki suwlarynda, deňiz ykdysady zolagynda, kontinental şelfinde ýerleşýän deňiz önümçilik işiniň desgalarynda terrorçylyga garşy çäreler geçirilende beýleki çekilen güýçlere ýardam bermek;

2) terrorçylykly hereketi amala aşyrmak üçin peýdalanylýan ýa-da terrorçylar tarapyndan basylyp alnan howa gämileriniň uçuşynyň öňüni almak;

3) terrorçylyga garşy ýörite çäreleriň geçirilmegine gatnaşmak.

 

9-njy madda. Terrorçylyga garşy hereketi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary

 

Terrorçylyga garşy hereket etmäge çekilýän döwlet edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) terrorçylykly hereketleriň we terrorçylyga gönükdirilen jenaýatlaryň ýüze çykarylmagy, öňüniň alynmagy we bes edilmegi boýunça çäreleri geçirýärler;

2) duýduryjy, öňüni alyş, düzgünli, guramaçylyk, terbiýeçilik we beýleki çäreleri işläp taýýarlaýarlar we durmuşa geçirýärler;

3) özleriniň dolandyryş çygryna degişli obýektlerde terrorçylyga garşy ýörite çäreleriň geçirilmegi üçin şertleri üpjün edýärler;

4) terrorçylyga garşy ýörite çäreleriň geçirilýän wagtynda degişli düzüm birliklerine maddy-tehniki we maliýe serişdelerini, ulag we aragatnaşyk serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we derman hem beýleki serişdeleri, şeýle hem terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça degişli tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumatlary berýärler.

 

10-njy madda. Terrorçylyga garşy hereketi amala aşyrýan döwlet edaralaryna ýardam etmek

 

1. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, dini we beýleki guramalar, ýuridik şahslar, wezipeli adamlar terrorçylyga garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralaryna ýardam etmäge borçludyrlar.

2. Terrorçylyk işine degişli özüne mälim bolan maglumatlar we islendik başga ýagdaýlar barada, terrorçylyk işiniň duýdurylmagyna, ýüze çykarylmagyna we öňüniň alynmagyna, şeýle hem onuň netijelerini iň az möçbere çenli peseltmäge ýardam edip biljek maglumaty hukuk goraýjy edaralara habar bermek her bir raýatyň raýatlyk borjy we wezipesi bolup durýar. Şeýle maglumatlaryň gizlenilip saklanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

3. Terrorçylyk işiniň duýdurylmagynda, ýüze çykarylmagynda, öňüniň alynmagynda, terrorçylyk häsiýetli jenaýatlaryň üstüniň açylmagynda we derňelmeginde, şeýle jenaýatlary taýýarlaýan, edýän ýa-da eden fiziki şahslaryň ýüze çykarylmagynda we ele salynmagynda ýardam eden fiziki şahslara pul serişdeleri tölenilip bilner.

Pul serişdeleriniň tölenilmegini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

Pul serişdelerini tölemegiň möçberleri, esaslary we tertibi terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralary tarapyndan kesgitlenilýär.

 

11-nji madda. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň terrorçylyga garşy hereketde ýardam etmek boýunça borçlary

 

1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri terrorçylykly hereketler we terrorçylyga garşy iş bilen baglanyşykly wakalar beýan edilen mahalynda, maglumata elýeterliligiň erkinligi hukugyna we ony ýaýratmagyň erkinligine garanyňda, adamlaryň ýaşamaga hem howpsuzlyga bolan hukugynyň ileri tutulýandygyndan ugur almaga borçludyrlar.

2. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekili taýýarlanylýan terrorçylykly hereket barada maglumatlar alan mahalynda ýa-da onda terrorçylyk häsiýetli jenaýatlar baradaky işler boýunça maddy subutnama bolup hyzmat edip biljek maglumatlar ýa-da resmi materiallar bar bolan mahalynda, terrorçylyga garşy hereketi amala aşyrýan döwlet edarasyna olary bermäge borçludyr.

3. Şu maglumatlary ýaýratmaga ýol berilmeýär:

a) terrorçylyga garşy ýörite çäreleri geçirmegiň ýörite tehniki çemeleşmelerini, tilsimlerini we usullaryny açyp görkezýän;

b) terrorçylyga garşy ýörite çäreleri geçirmegi kynlaşdyrýan we adamlaryň janyna hem-de saglygyna howp salynmagyna getirýän;

ç) terrorçylygyň wagyz edilmegine ýa-da aklanylmagyna ýardam edýän;

d) tehnologik terrorçylygy amala aşyrmakda gönüden-göni ulanyp boljak serişdeler we maddalar barada;

e) terrorçylyga garşy ýörite çäreler geçirilen mahalynda ýörite düzüm birlikleriniň işgärleri, şeýle hem ony geçirmäge ýardam berýän adamlar hakynda;

ä) döwlet syryny düzýän maglumatlary açýan we girewe alnan adamyň abraýyna we mertebesine degýän.

4. Terrorçylyga garşy ýörite çäreleriň geçirilýän çäginde telewizion, alyp eşitdiriş mobil beketleriniň ýa-da (we) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bolmagy çäklendirilýär.

5. Terrorçylyga garşy hereket etmäge ýardam etmek babatynda borçlary ýerine ýetirmeýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

12-nji madda. Maglumat we wagyz-nesihat arkaly terrorçylyga garşy hereket

 

1. Maglumat we wagyz-nesihat arkaly terrorçylyga garşy hereket şu maksatlar üçin amala aşyrylýar:

1) terrorçylygyň howpuny düşündirmek;

2) terrorçylaryň öz garaýyşlaryny we taglymlaryny amala aşyrmak üçin ulanýan usullaryny, ýollaryny we çemeleşmelerini açyp görkezmek;

3) jemgyýetçilikde terrorçylyga garşy düşünjäni emele getirmek;

4) terrorçylyga garşy hereketi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň, raýat jemgyýetiniň institutlarynyň terrorçylygy duýdurmak boýunça tagallalaryny birikdirmek;

5) terrorçylygy goldamagyň durmuş binýadyny azaltmak.

2. Terrorçylyga garşy hereketi amala aşyrýan döwlet edaralary şulara borçludyrlar:

1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde maglumat we wagyz-nesihat arkaly terrorçylyga garşy hereketi guramaga we utgaşdyrmaga;

2) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýuridik şahslaryň, raýat jemgyýetiniň institutlarynyň, dini guramalaryň bu işe gatnaşygyny höweslendirmäge;

3) jemgyýetde terrorçylyga garşy aň-düşünjäni emele getirmäge gatnaşmaga.

 

III BAP. TERRORÇYLYKLY KAST ETMELERE SEZEWAR BOLUP BILJEK OBÝEKTLER WE OLARYŇ GORAGYNYŇ DÖWLET ULGAMY

 

13-nji madda. Terrorçylykly kast etmelere sezewar bolup biljek obýektler

 

1. Terrorçylyk babatynda gowşak derejeli obýektleri goramak üçin, bu obýektleriň goraglylyk derejesini we döwlet edaralarynyň, ýuridik şahslaryň taýýarlylygyny ýokarlandyrmak, terrorçylygyň netijelerini ýok etmek we (ýa-da) peseltmek üçin hukuk, guramaçylyk, inžener-tehniki, ýörite, gorag we gaýry çäreler amala aşyrylýar.

2. Terrorçylykly kast etmelere sezewar bolup biljek obýektlere şular degişlidirler:

1) fiziki şahslar;

2) döwlet obýektleri;

3) ýuridik şahslar, şol sanda tehnogen häsiýetli heläkçiliklere sezewar çeşmeleri bolup biljek kärhanalar we guramalar;

4) adamlaryň köpçülikleýin bolýan ýerleri;

5) durmuş-üpjünçilik obýektleri, şol sanda suw gurşawyň, energetikanyň, aragatnaşygyň, ulagyň obýektleri;

6) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan sanawy kesgitlenilýän beýleki obýektler.

3. Howplulygy ýokary we durmuş-üpjünçilik obýektleriň ýolbaşçylary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan şulara borçludyrlar:

1) degişli giriş-geçiş tertibini üpjün etmäge, obýekti olara bildirilýän talaplara laýyk döwrebap inžener-tehniki gorag enjamlary bilen abzallaşdyrmaga;

2) terrorçylykly hereketiň amala aşyrylmagy netijesinde tehnogen häsiýetli howpy ýok etmek bilen gyzyklanýan döwlet edaralary we guramalary bilen bilelikdäki işleri meýilleşdirmek we işläp düzmek;

3) desganyň maglumat torunyň goragyny guramak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek.

4. Görkezilen talaplary, kadalary we düzgünleri ýerine ýetirmeýän howplulygy ýokary we durmuş-üpjünçilik obýektleriň ýolbaşçylary we eýeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

14-nji madda. Terrorçylykly kast etmelere sezewar bolup biljek obýektleri goramak boýunça çäreleriň döwlet ulgamy

 

1. Terrorçylykly kast etmelere sezewar bolup biljek obýektleriň terrorçylykly hereketlere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak we döwlet edaralarynyň, ýuridik şahslaryň terrorçylykly hereketleriň netijelerini ýok etmeklige we (ýa-da) iň az möçbere çenli peseltmeklige taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, olary terrorçylykly kast etmelerden goramak çäreleriniň hukuk, guramaçylyk, inžener-tehniki, goşun, ýörite, gorag we gaýry çäreleri öz içine alýan döwlet ulgamy amala aşyrylýar.

2. Terrorçylyk howpunyň häsiýetine görä, terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralary tarapyndan aýratyn hukuk düzgünleri girizilip bilner. Görkezilen düzgünleriň mazmuny, olary girizmek üçin esaslar, bu düzgünler bilen baglanyşykly fiziki we ýuridik şahslar üçin çäklendirmeleriň häsiýeti Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

3. Goralýan şahsa ýa-da obýekte aç-açan howp ýüze çykanda we ony gaýry kanuny serişdeler bilen aradan aýyrmak mümkin bolmadyk ýagdaýynda, terrorçylykly hereketiň öňüni almak üçin terrorçy (terrorçylar) gepleşikler alnyp barylmazdan we duýdurylman terrorçylyga garşy ýörite çäreleriň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen ýok edilip bilner.

 

IV BAP. TERRORÇYLYGA GARŞY ÝÖRITE

ÇÄRÄNI GEÇIRMEK

 

15-nji madda. Terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirmegiň maksatlary

 

Terrorçylyga garşy ýörite çäre diňe raýatlaryň janyna we howpsuzlygyna, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine hakyky howpuň bolan mahalynda, eger gaýry güýçler ýa-da usullar bilen onuň öňüni almak mümkin bolmasa, terrorçylykly hereketleriň öňüni almak we netijelerini iň az möçbere çenli peseltmek üçin geçirilýär.

 

16-njy madda. Terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirmek hakynda çözgüt

 

1. Terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirmek hakynda çözgüt, terrorçylykly etmişiň jemgyýetçilik howpunyň derejesine görä, dolandyryş merkeziniň terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirmäge jogapkär ýolbaşçysy tarapyndan kabul edilýär.

2. Eger terrorçylyga garşy hereketi ýörite çäräni geçirmek üçin uly güýçler we serişdeler talap edilýän bolsa we ol köp sanly adamlaryň ýaşaýan çägini öz içine alýan bolsa, dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy terrorçylyga garşy ýörite çäräniň hukuk düzgüniniň girizilmegi we onuň geçirilýän çägi barada Türkmenistanyň Prezidentine haýal etmän habar berýär.

 

17-nji madda. Terrorçylyga garşy ýörite çärä ýolbaşçylyk etmek

 

1. Terrorçylyga garşy ýörite çärä gönüden-göni ýolbaşçylyk etmek üçin, ýörite çäräniň geçirilmegine şahsy jogapkärçilik çekýän dolandyryş merkezi döredilýär.

2. Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy we onuň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Türkmenistanyň Prezidenti dolandyryş merkezine ýolbaşçylyk etmegi terrorçylykly hereketiň möçberine we jemgyýetçilik howpunyň derejesine, garaşylýan zyýanly netijelerine görä, beýleki bir döwlet wezipeli adama tabşyryp biler.

4. Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy:

1) dolandyryş merkeziniň düzümini we işiniň tertibini, şeýle hem dolandyryş merkeziniň düzümine girizilen wezipeli adamlaryň wezipelerini we borçlaryny kesgitleýär;

2) terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilmegi üçin zerur bolan güýçleriň we serişdeleriň düzümini kesgitleýär, şeýle hem gaýry şahslary dolandyryş merkeziniň işine gatnaşmaga çekmek hakynda çözgüt kabul edýär;

3) dolandyryş merkezine terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilmegi boýunça teklipleri taýýarlamak barada tabşyryk berýär;

4) Türkmenistanyň hukuk namalarynda bellenilen tertipde, terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň, şeýle hem beýleki döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilmegi we terrorçylykly hereketiň netijelerini iň az möçbere çenli peseltmek üçin zerur bolan güýçleri we serişdeleri çekýär;

5) terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirmegiň meýilnamasyny tassyklaýar;

6) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçiligiň wekilleri bilen aragatnaşygyň saklanylmagy, şeýle hem terrorçylar bilen gepleşikleriň geçirilmegi üçin dolandyryş merkeziniň jogapkär wekilini kesgitleýär we olary alyp barmagyň usulyny hem-de ugruny tassyklaýar;

7) terrorçylyga garşy ýörite çäräniň hukuk düzgüni girizilýän ýeriň (obýektiň) çäklerini kesgitleýär we şu Kanunyň 20-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan çäreleriň we wagtlaýyn çäklendirmeleriň toplumyny belleýär, şeýle hem terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilişi, soňra bolsa tamamlanandygy barada haýal etmän Türkmenistanyň Prezidentini habarly edýär;

8) terrorçylyga garşy ýörite çärä ýolbaşçylyk etmek boýunça gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

5. Eýeleýän wezipesine garamazdan islendik bir başga şahsyň terrorçylyga garşy ýörite çäräniň dolandyrylyşyna gatyşmagyna ýol berilmeýär.

 

18-nji madda. Dolandyryş merkeziniň ygtyýarlyklary

 

1. Dolandyryş merkezi:

1) taýýarlanylýan ýa-da amala aşyrylýan terrorçylykly hereketiň häsiýetini we möçberini kesgitlemek maksady bilen, ýagdaý barada maglumatlary toplamagy, maglumatlara seljerme we baha bermegi amala aşyrýar;

2) terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar;

3) terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirmegiň meýilnamasyny işläp düzýär we onuň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi guraýar;

4) terrorçylyga garşy ýörite çäräniň taýýarlanylmagynyň we geçirilmeginiň tertibini kesgitleýän buýruklary, beýleki resminamalary taýýarlaýar;

5) terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilmegi üçin çekilýän güýçleriň we serişdeleriň özara utgaşykly hereketlerini guraýar;

6) terrorçylykly hereketiň öňüni almak we netijelerini iň az möçbere çenli peseltmek boýunça beýleki çäreleri görýär.

2. Dolandyryş merkeziniň işiniň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.

Terrorçylyga garşy ýörite çärä ýolbaşçylyk etmek boýunça dolandyryş merkeziniň iş tertibi hakynda Düzgünnamada dolandyryş merkeziniň wezipeleri, ygtyýarlyklary, işini guramagyň we üpjün etmegiň tertibi beýan edilýär.

 

19-njy madda. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilmegi üçin çekilýän güýçler we serişdeler

 

1. Terrorçylyga garşy ýörite çäre geçirilende terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň, şeýle hem terrorçylyga garşy ýörite çärä gatnaşmaga çekilýän kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň güýçleri we serişdeleri (şahsy düzüm, hünärmenler, ýarag, ýörite we ulag serişdeleri, aragatnaşyk serişdeleri, beýleki maddy-tehniki serişdeler) terrorçylyga garşy ýörite çärelere ýolbaşçylyk etmek boýunça dolandyryş merkeziniň işiniň tertibi hakynda Düzgünnamada kesgitlenilen tertipde ulanylýar.

Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykan çykdajylaryň we ýitgileriň öwezini dolmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilmegi üçin çekilen harby gullukçylar, işgärler we hünärmenler terrorçylyga garşy ýörite çäräniň başlanan pursadyndan başlap ol tamamlanýança dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysyna tabyndyrlar.

 

20-nji madda. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň hukuk düzgüni

 

1. Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysynyň çözgüdi boýunça terrorçylykly hereketiň öňüni almak we üstüni açmak, onuň netijelerini iň az möçbere çenli peseltmek we şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň durmuş taýdan wajyp bähbitlerini goramak maksady bilen, ýörite çäräniň geçirilýän ýeriniň çäklerinde onuň geçirilýän döwründe terrorçylyga garşy ýörite çäräniň hukuk düzgüni girizilip bilner.

2. Çäklerinde şeýle düzgün girizilýän ýeriň (obýektleriň sanawynyň) kesgitlenilmegini we ulanylýan çäreleriň hem-de wagtlaýyn çäklendirmeleriň sanawyny öz içine almagy bilen, terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän zolagynda terrorçylyga garşy ýörite çäräniň hukuk düzgüniniň girizilmegi hakynda çözgüt, şonuň ýaly-da terrorçylyga garşy ýörite çäräniň hukuk düzgüniniň ýatyrylmagy hakynda çözgüt haýal edilmän halka mälim edilmäge degişlidir.

3. Çäklerinde terrorçylyga garşy ýörite çäräniň hukuk düzgüni girizilen, terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän zolagynda onuň geçirilýän döwründe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde aşakdaky çäreleriň we wagtlaýyn çäklendirmeleriň ulanylmagyna ýol berilýär:

1) köçelerde we ýollarda ulag serişdeleriniň we pyýadalaryň hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmegine ýa-da gadagan edilmegine,        ýa-da ýeriň aýry-aýry böleklerinden we obýektlerden fiziki şahslaryň daşlaşdyrylmagyna, şeýle hem ulag serişdeleriniň, şol sanda diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň awtoulag serişdeleriniň tirkege alnyp aýrylmagyna;

2) fiziki şahslaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalarynyň barlanylmagyna, şeýle resminamalaryň bolmadyk halatynda bolsa, görkezilen şahslaryň şahsyýetini anyklamak üçin tutup saklanylmagyna;

3) hukuk bozulmalaryny ýa-da terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirýän şahslaryň kanuny talaplaryna päsgel bermeklige gönükdirilen gaýry hereketleri, şeýle hem terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän zolagyna rugsatsyz girmek ýa-da girmäge synanyşyk etmek bilen baglanyşykly gaýry hereketleri eden ýa-da edýän fiziki şahslaryň tutup saklanylmagyna;

4) terrorçylykly hereketleriň öňi alnanda, şeýle hem terrorçylykly hereketleri etmekde güman edilýän fiziki şahslar yzarlanylanda, eger haýal-ýagallygyň edilmegi adamlaryň janyna we saglygyna hakyky howp döredip biljek bolsa, (diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň binalaryna we gaýry daşary döwletleriň wekilçilikli edaralaryna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda diplomatik eldegrilmesizlik hukugyna eýe bolan halkara guramalaryna, olaryň işgärleriniň we maşgala agzalarynyň ýaşaýan jaýlaryndan başga) ýaşaýyş jaýlaryna we gaýry jaýlara hem-de ýer böleklerine, ýuridik şahslaryň ýer çäklerine we jaýlaryna, ulag serişdelerine güniň islendik wagtynda päsgelçiliksiz girilmegine;

5) jemgyýetçilik tertibiniň, döwlet gözegçiligine degişli obýektleriň we ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge degişli binalaryň, şeýle hem aýratyn maddy, taryhy, ylmy, çeper ýa-da medeni gymmatlyklar bolup durýan binalaryň goragynyň berkidilmegine;

6) telefon gepleşiklerine we telekommunikasiýa ulgamlarynyň kanallary arkaly berilýän gaýry maglumatlara gözegçiligi girizmek, şeýle hem terrorçylykly hereketleriň amala aşyrylýandygy barada, şol hereketleri taýýarlaýan we amala aşyrýan şahslar barada maglumatlary ýüze çykarmak hem-de beýleki amala aşyryljak terrorçylykly hereketleri duýdurmak maksady bilen elektrik aragatnaşyk kanallarynda we poçta ýollanmalarynda gözleg işini amala aşyrmak;

7) terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän zolagyna girilende we görkezilen zolakdan çykylanda fiziki şahslaryň ýanynyň barlanylmagyna, olaryň ýanyndaky goşlarynyň barlanylmagyna, ulag serişdelerini we olarda getirilýän zatlaryň, şol sanda tehniki serişdeleri ulanmak arkaly barlanylmagyna;

8) fiziki we ýuridik şahslara degişli aragatnaşyk serişdeleriniň we ulag serişdeleriniň gulluk maksatlary üçin ulanylmagyna (diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralaryň we gaýry daşary döwletleriň we halkara guramalaryň edaralarynyň awtoulag serişdelerinden başga);

9) partlaýjy, radioaktiw, himiki we biologiki howply maddalar ulanylýan howply önümçiligiň we edaralaryň işiniň togtadylmagyna;

10) karantin çäresiniň girizilmegine, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy, weterinariýa we beýleki çäklendiriş çäreleriniň geçirilmegine;

11) düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop ýa-da güýçli täsir ediji maddalar bolan derman serişdeleriniň, şeýle hem etil spirtiniň, alkogolly we düzüminde spirt bolan önümleriň dolanyşygynyň aýratyn düzgüniniň bellenilmegine;

12) düýpli ýa-da wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň hökmany berilmegi bilen, terrorçylyga garşy ýörite çäräniň hukuk düzgüni girizilen çäginde ýaşaýan fiziki şahslaryň howpsuz ýerlere wagtlaýyn göçürilmegine;

13) fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslara aragatnaşyk hyzmatlaryny togtatmak we (ýa-da) aragatnaşyk serişdesiniň we torlaryň ulanylmagynyň çäklendirilmegine;

14) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry çäreleriň geçirilmegine.

Çäklerinde terrorçylyga garşy ýörite çäräniň hukuk düzgüni girizilen ýeriň aýry-aýry böleklerinde (obýektlerinde) şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan çäreleriň we wagtlaýyn çäklendirmeleriň tutuş toplumy, şeýle hem aýry-aýry çäreler, wagtlaýyn çäklendirmeler hem bellenilip bilner.

4. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän zolagynda dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysynyň kanuny buýrugynyň ýa-da talabynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da ýörite çäräniň geçirilmegine päsgel berilmegi, şonuň ýaly-da onuň geçirilýän zolagyna rugsatsyz girilmegi ýa-da girmeklige synanyşyk edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige, şol sanda jenaýat jogapkärçiligine eltýär.

5. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän zolagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işi dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy tarapyndan düzgünleşdirilýär.

 

21-nji madda. Terrorçylar bilen gepleşikleri alyp barmak

 

1. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän mahalynda raýatlaryň janyny we saglygyny, maddy gymmatlyklary gorap saklamak, şeýle hem terrorçylykly hereketiň güýç ulanylmazdan öňüniň alynmagynyň mümkinçiliklerini anyklamak maksady bilen, terrorçylar bilen gepleşikleri alyp barmaklyga ýol berilýär. Terrorçylar bilen gepleşikleri diňe dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy ýa-da terrorçylyga garşy ýörite çärä gönüden-göni ýolbaşçylyk edýän wezipeli adam tarapyndan şuňa ýörite ygtyýarly edilen şahs (şahslar) geçirýär.

2. Terrorçylara haýsydyr bir şahsyň, ulanylmagy adamlaryň janyna we saglygyna howp döredip biljek ýaragyň we gaýry närseleriň, serişdeleriň berilmegi baradaky meseleler, şeýle hem terrorçylaryň syýasy talaplarynyň ýerine ýetirilmegi baradaky meseleler gepleşikleriň närsesi bolup bilmez.

3. Terrorçylar bilen gepleşikleriň alnyp barylmagy olaryň eden etmişli hereketleri üçin jogapkärçilikden boşadylmagyna esas ýa-da şert bolup hyzmat edip bilmez.

4. Eger terrorçylar bilen gepleşikleriň barşynda olaryň terrorçylyk işini bes etmäge razy bolmandyklary sebäpli gepleşikleriň maksadyna ýetilip bilinmejek bolsa we adamlaryň janyna we saglygyna hakyky howp saklanylyp galýan bolsa, şeýle halatda terrorçylary zyýansyzlandyrmak we ýok etmek boýunça zerur çäreler ulanylýar.

 

22-nji madda. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşyklary amala aşyrmak

 

1. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän mahalynda terrorçylykly hereket barada jemgyýetçiligi habardar etmek dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy ýa-da onuň jemgyýetçilik bilen aragatnaşygyň saklanylmagy üçin jogapkär wekili tarapyndan kesgitlenilen tertipde we möçberde amala aşyrylýar.

2. Jemgyýetçilik habarly edilende döwlet syryny goramak hakynda, şeýle hem maglumatlaryň gizlin çeşmeleriniň degişli goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň düzgünleri berjaý edilýär.

 

23-nji madda. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň tamamlanmagy

 

1. Terrorçylykly hereketiň öňi alynsa (bes edilse) we terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän zolagynda ýerleşýän adamlaryň janyna we saglygyna, emlägine we kanun bilen goralýan gaýry bähbitlerine howp aradan aýrylsa, terrorçylyga garşy ýörite çäre tamamlanan diýlip hasap edilýär.

2. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň tamamlanandygy hakynda çözgüt dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy tarapyndan kabul edilýär.

Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň tamamlanandygy hakynda habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ýa-da islendik mümkin bolan görnüşde ilata haýal edilmän habar berilýär.

 

V BAP. TERRORÇYLYKLY HEREKETIŇ NETIJESINDE ÝETIRILEN ZYÝANYŇ ÖWEZINI DOLMAK WE TERRORÇYLYKLY HEREKETIŇ NETIJESINDE JEBIR ÇEKEN ADAMLARYŇ DURMUŞ TAÝDAN

HUKUKLARYNY DIKELTMEK

 

24-nji madda. Terrorçylykly hereketiň ýa-da terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilmegi netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

1. Terrorçylykly hereketiň netijesinde fiziki we ýuridik şahslara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, soňra bu öwez tölegi zyýany ýetiren şahsdan tutup almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň netijesinde fiziki we ýuridik şahslaryň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar.

Şahsa onuň terrorçylykly herekete gatnaşmagynyň öňüniň alynmagy bilen baglanyşykly ýetirilen zyýanyň öwezi dolunmaga degişli däldir.

3. Terrorçylykly hereketiň öňi alnan mahalynda terrorçylykly herekete gatnaşýan şahsyň saglygyna ýa-da emlägine kanuny hereketler bilen ýetirilen zyýanyň, şeýle hem bu şahsyň aradan çykmagy bilen dörän zyýanyň öwezi dolunmaga degişli däldir.

4. Fiziki we ýuridik şahslardan muzdsuz alnan terrorçylykly maksatlar üçin ulanylan ýa-da terrorçylykly hereketler bilen edinilen serişdeler terrorçylykly hereketlerden jebir çekenlere we (ýa-da) olaryň maşgala agzalaryna öwez tölegi üçin gönükdirilip bilner.

 

25-nji madda. Terrorçylykly hereketiň netijesinde jebir çeken şahslaryň durmuş taýdan hukuklaryny dikeltmek

 

1. Terrorçylykly hereketiň netijesinde jebir çeken şahslaryň durmuş taýdan hukuklaryny dikeltmek olary kadaly durmuşa gaýtaryp getirmek maksady bilen geçirilýär we ol zerurlygyna görä, psihologik, lukmançylyk, hünär, hukuk kömegini bermekden we ýaşaýyş jaý hem iş bilen üpjün etmekden ybarat bolýar. Bu çäre döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Terrorçylykly hereketiň netijesinde jebir çeken şahslaryň durmuş taýdan hukuklaryny dikeltmegi amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

VI BAP. TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMÄGE GATNAŞAN ŞAHSLARYŇ HUKUK WE DURMUŞ TAÝDAN GORAGY

 

26-njy madda. Hukuk kömeginiň berilmegine we durmuş taýdan goraga degişli şahslar

 

1. Terrorçylyga garşy hereket etmäge gatnaşan şahslar döwletiň goragynda durýarlar we hukuk kömegine hem-de durmuş taýdan goraga degişlidirler. Görkezilen şahslara şular degişlidirler:

1) terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň harby gullukçylary, işgärleri we gullukçylary;

2) terrorçylykly hereketleri ýüze çykarmakda, duýdurmakda, öňüni almakda, üstüni açmakda we derňemekde hem-de olaryň netijelerini iň az möçbere çenli peseltmekde terrorçylyga garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralaryna hemişelik ýa-da wagtlaýyn esasda ýardam edýän şahslar;

3) şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen şahslaryň maşgala agzalary, eger olaryň gorag bilen üpjün edilmeginiň zerurlygy sanalyp geçilen şahslaryň terrorçylyga garşy göreşe gatnaşmaklary bilen ýüze çykan bolsa.

2. Terrorçylyga garşy herekete gatnaşan we şunda ýardam eden şahslaryň, şeýle hem olaryň maşgala agzalarynyň janyna we saglygyna howp abanan halatynda, olaryň haýyş etmegi boýunça, terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralary üçin bölünip berilýän serişdeleriň hasabyna olaryň daş keşbi, familiýasy, ady we atasynyň ady, şeýle hem işleýän we ýaşaýan ýeri üýtgedilip bilner.

3. Terrorçylyga garşy herekete gatnaşan şahslaryň durmuş taýdan goragy olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuk ýagdaýyny hasaba almak bilen we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilen tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

 

27-nji madda. Terrorçylyga garşy hereket etmäge gatnaşan şahslara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we olara goşmaça hak tölemek

 

1. Şu Kanunyň 26-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen şahslaryň saglygyna ýa-da emlägine olaryň terrorçylyga garşy hereket etmäge gatnaşmaklary bilen baglylykda ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde dolunýar.

2. Terrorçylyga garşy ýörite çäreler geçirilende olara gatnaşan şahs wepat bolanda onuň maşgalasyna (maşgala agzalaryna) ýyllyk zähmet hakynyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn kömek puly tölenilýär. Mundan başga-da, wepat bolanyň eklenjinde bolanlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa bellenilýär we olar üçin wepat bolanyň peýdalanan ýeňillikleri saklanyp galýar.

3. Terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan (amala aşyran) ýörite maksatly düzüm birliklerinde harby gullugy geçýän ýa-da geçen harby gullukçylara, işgärlere we gullukçylara aýratyn iş şertleri üçin wezipe aýlygyna otuz göterim möçberinde goşmaça hak tölenilýär.

 

28-nji madda. Terrorçylyga garşy hereket etmäge gatnaşan şahslaryň hukuk taýdan goragynyň kepillikleri

 

1. Eger terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň harby gullukçylary, işgärleri we gullukçylary, şeýle hem görkezilen şahslara öz gulluk borçlaryny kanuna laýyklykda ýerine ýetirmekde ýardam eden şahslar tarapyndan edilen hereketler şulara gönükdirilen bolsa, jenaýat diýlip ykrar edilmeýär:

1) raýatlaryň janyny we saglygyny, konstitusion hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga;

2) jemgyýetçilik we döwlet howpsuzlygynyň jenaýatçylykly hyýanat edilmelerden goralmagyny üpjün etmäge.

2. Eger terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň we gullukçylarynyň hereketleri şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylan bolsa, kanuny hasap edilýär:

1) terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kadalar berjaý edilen bolsa;

2) gulluk borçlarynyň çäklerinde ýa-da jemgyýetçilik borjunyň ýerine ýetirilen mahalynda edilen bolsa we raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goragyna, şeýle hem jemgyýetçilik we döwlet howpsuzlygyna wehim salýan has uly zyýanyň öňüniň alynmagyna gönükdirilen bolsa, eger şol ýagdaýda başga mümkinçilikler bolmadyk halatynda.

3. Terrorçylyga garşy ýörite çäre geçirilende kanunda bellenilen esaslarda we çäklerde terrorçylaryň janyna, saglygyna we emlägine, şeýle hem gaýry goralýan bähbitlerine mejbury zyýan ýetirilmegine ýol berilýär.

4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, terrorçylyga garşy hereket etmäge gatnaşýan şahslar terrorçylyga garşy ýörite çäre  amala aşyrylanda ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilikden boşadylýarlar.

 

29-njy madda. Terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň we gullukçylarynyň gulluk eden ýyllarynyň ýeňillikli hasaplanylmagy

 

1. Terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň harby gullukçylaryna, işgärlerine we gullukçylaryna gulluk eden ýyllary (iş döwri) üçin  pensiýa bellemek üçin gullugyň bir güni bir ýarym güne, terrorçylyga garşy ýörite çärä gönüden-göni gatnaşan döwri bolsa, bir güni üç güne hasaplanylýar.

2. Terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň we gullukçylarynyň pensiýa bellemek üçin gulluk eden ýyllaryny (iş döwrüni) ýeňillikli hasaplamak üçin terrorçylyga garşy ýörite çärelere gönüden-göni gatnaşan döwürleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenen tertipde bellenilýär.

 

VII BAP. TERRORÇYLYKlY IŞE GATNAŞANDYGY

ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK

 

30-njy madda. Terrorçylykly işe gatnaşandygy üçin fiziki şahslaryň jogapkärçiligi

 

Terrorçylyk işine islendik görnüşde gatnaşýan fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

 

31-nji madda. Terrorçylykly iş üçin ýuridik şahslaryň jogapkärçiligi

 

1. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýa-da oňa tabyn prokuroryň arzasy esasynda kazyýetiň çözgüdi boýunça ýuridik şahs şu halatlarda terrorçylykly diýlip ykrar edilýär we ýatyrylmaga (onuň işi bolsa – gadagan edilmäge) degişlidir, eger:

1) terrorçylyk häsiýetli jenaýatlary guramak, taýýarlamak, maliýeleşdirmek ýuridik şahsyň adyndan ýa-da onuň bähbitleri üçin amala aşyrylýan bolsa;

2) görkezilen hereketlere ýuridik şahsa ýolbaşçylyk etmek wezipeleri ýüklenen edara ýa-da şahs tarapyndan ýol berlen, rugsat edilen, sanksiýalaşdyrylan, tassyklanylan ýa-da ulanylan bolsa.

Kazyýetiň ýuridik şahsy ýatyrmak (onuň işini gadagan etmek) barada çözgüdi onuň şahamçalaryna we wekilhanalaryna hem degişlidir.

Ýuridik şahs ýatyrylan (onuň işi gadagan edilen) mahalynda oňa degişli emläk muzdsuz alynýar we döwletiň haýryna geçirilýär.

2. Şu maddanyň düzgünleri Türkmenistanda öz işini amala aşyrýan daşary ýurtly ýuridik şahslara we halkara guramalaryna, şeýle hem olaryň bölümlerine, şahamçalaryna we wekilhanalaryna hem degişlidir.

 

32-nji madda. Terrorçylykly işler babatda kazyýet önümçiliginiň aýratynlygy

 

Terrorçylyk häsiýetli jenaýatlar babatda işler, şeýle hem terrorçylykly etmiş ýa-da terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilmegi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen bagly işler kazyýetiň çözgüdi boýunça kazyýet önümçiliginiň ähli düzgünleriniň berjaý edilmeginde ýapyk kazyýet mejlislerinde seredilip bilner.

 

VIII BAP. TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET

ETMEK ÇYGRYNDA TÜRKMENISTANYŇ HALKARA

HYZMATDAŞLYGY WE ONUŇ ESASY ÝÖRELGELERI

 

33-nji madda. Terrorçylyga garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy

 

1. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan daşary ýurt döwletleri, olaryň hukuk goraýjy edaralary we ýörite gulluklary, şeýle hem terrorçylyga garşy göreşi amala aşyrýan halkara guramalary bilen terrorçylyga garşy hereket etmek çygrynda hyzmatdaşlyk edýär.

2. Şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek bähbitleri üçin Türkmenistan öz çäginde terrorçylyk işine dahylly şahslary, şol sanda terrorçylykly etmişler ýa-da terrorçylyk işi bilen baglanyşykly jenaýatlar onuň çäklerinde meýilleşdirilmedik ýa-da amala aşyrylmadyk bolsa, ýöne Türkmenistana zyýan ýetirýän halatynda, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda yzarlaýar.

 

34-nji madda. Terrorçylyga garşy hereket etmekde halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri

 

Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy amala aşyranda şu ýörelgelerden ugur alýar:

1) terrorçylygyň has howply görnüşlerine garşy göreşde döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurlygyna düşünmek;

2) halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, adamyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek;

3) beýleki döwletleriň bähbitlerine hormat bilen garamak, olaryň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgesini berjaý etmek.

 

IX BAP. TERRORÇYLYGA GARŞY HEREKET ETMEK

IŞINE GÖZEGÇILIK

 

35-nji madda. Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça işe gözegçilik

 

Terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň işine gözegçilik Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.

 

36-njy madda. Terrorçylyga garşy hereket amala aşyrylanda kanunylyga gözegçilik

 

1. Terrorçylyga garşy hereket amala aşyrylanda kanunlaryň takyk we birmeňzeş berjaý edilmegine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar amala aşyrýarlar.

2. Türkmenistanyň prokuratura edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde terrorçylyk işiniň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar we Türkmenistanyň Jenaýat-iş ýörediş kodeksine laýyklykda, terrorçylyk işi bilen baglanyşykly jenaýat işleriniň derňewini geçirýärler, derňelmegine gözegçiligi, kazyýetlerde şeýle işleriň seljerilişini amala aşyrýarlar, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry çäreleri görýärler.

 

37-nji madda. Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin günäkär şahslar bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

 

X BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

38-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

39-njy madda. Käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek

 

1. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) 2003-nji ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Terrorçylyga garşy göreş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý., №3, 28-nji madda);

2) 2009-njy ýylyň 2-nji iýulynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň III bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., №3, 45-nji madda);

3) 2011-nji ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Terrorçylyga garşy göreş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., №1, 15-nji madda);

4) 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Terrorçylyga garşy göreş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., №4, 115-nji madda);

5) 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hem-de olary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölüminiň birinji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., №1, 67-nji madda);

6) 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölüminiň birinji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., №3, 110-njy madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                                      Gurbanguly

     Prezidenti                                                                      Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.

№ 653-V.


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 25.11.2017
Resminamanyň belgisi № 653-V