Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

 

 

1-nji madda

Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 95508,5 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 19623,3 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

2-nji madda

Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 88144,0 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 12258,8 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2018-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

 

 

Goşulan baha üçin

salgytdan

Peýdadan alynýan

salgytdan

Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri

4,0%

4,7%

4,0%

Ahal welaýaty

95,0%

95,0%

95,0%

Balkan welaýaty

26,0%

25,2%

26,0%

Daşoguz welaýaty

95,0%

95,0%

95,0%

Lebap welaýaty

88,0%

87,3%

88,0%

Mary welaýaty

50,0%

51,4%

50,0%

 

4-nji madda

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 1050,8 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

 

Ahal welaýaty

57,3

mln. manat

Daşoguz welaýaty

993,5

mln. manat

 

5-nji madda

Ýerli býujetleri 8415,3 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

 

Aşgabat şäheri

1 670,7

mln. manat

Ahal welaýaty

1 032,5

mln. manat

Balkan welaýaty

1 000,5

mln. manat

Daşoguz welaýaty

1 450,1

mln. manat

Lebap welaýaty

1 780,6

mln. manat

Mary welaýaty

1 480,9

mln. manat

 

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

 

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

 

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

 

 

Türkmenistanyň                                                     Gurbanguly

     Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 25-nji noýabry.

№ 651-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 25.11.2017
Resminamanyň belgisi № 651-V