TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Pagtaçylyk hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 104-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 131-VI Kanuny esasynda girizilen

 üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda pagtaçylygyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär we pagta çig malynyň hem-de pagta önümleriniň dolanyşygy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) pagtaçylyk – gowaça ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan we pagta çig malyny öndürýän ösümlikçilik pudagy;

2) pagta çig maly – gowaça tohumyndan aýrylmadyk pagta süýümi;

3) pagta süýümi – ilkinji gezek gaýtadan işlenen mahalynda gowaça tohumyndan bölünip aýrylan süýüm toplumy;

4) gowaça tohumy – ilkinji gezek gaýtadan işlenen mahalynda süýümden bölünip aýrylan pagta çig malynyň tohumy;

5) pagta önümleri – pagta çig maly ilkinji gezek gaýtadan işlenen mahalynda alynýan pagta süýümi, lint, tohum we süýümli galyndylar (ulýuk we başgalar);

6) lint – gowaçanyň tohumyndan pagta süýümi bölünip aýrylandan soň, tohumda galan süýümli örtügi;

7) ulýuk – gowaçanyň dürli tüýjümeklik derejeli doly ösüp ýetişmedik tohumlarynyň toplumy bolup durýan, arassalanan süýümli galyndylar;

8) pagta çig malynyň öndürilişi – gowaçanyň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilen agrotehnologiýa çäreleriniň toplumy;

9) pagta çig malynyň saklanylyşy – pagta çig malyny kabul etmek, saklamak we goýbermek boýunça tehnologik amallaryň toplumy;

10) pagtany gaýtadan işleýän kärhana – pagta çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän, ýuridik şahsyň hukuklary bolan, hojalygy dolandyrýan subýekt;

11) pagta çig malynyň we pagta önümleriniň hili – standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygyny kesgitleýän, pagtanyň sarp edijilik häsiýetleriniň jemi;

12) pagta çig malynyň hil pasporty pagta çig malynyň hiliniň hakyky görkezijilerini we olaryň standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygyny tassyklaýan resminama;

13) pagta önüminiň laýyklyk sertifikaty pagta önüminiň görkezijileriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygyny tassyklaýan resminama;

14) pagta çig malynyň we pagta önüminiň dolanyşygy pagta çig malyny öndürmek, gaýtadan işlemek, pagta önümini saklamak, import we eksport etmek;

15) pagta çig malynyň we (ýa-da) pagta önüminiň eýesi – eýeçilik hukugynda pagta çig maly we (ýa-da) pagta önümi bar bolan ýuridik ýa-da fiziki şahs;

16) pagta dilhaty – pagta çig malyny saklamaga we (ýa-da) ony ilkinji gezek gaýtadan işlemäge alnandygyny tassyklaýan, pagtany gaýtadan işleýän kärhana tarapyndan ýuridik we fiziki şahslara berilýän resminama;

17) pagta dilhatyny saklaýjy – pagta çig malyny saklamaga, gaýtadan işlemäge we (ýa-da) pagta çig maly gaýtadan işlenilenden soň pagta önümini pagtany gaýtadan işleýän kärhana tabşyran, pagta çig malynyň we pagta önüminiň eýesi;

18) pagta bazaryna gatnaşyjylar pagta çig malyny ösdürip ýetişdirmäge, ilkinji gezek gaýtadan işlemäge we pagta önümini satmaga hem-de satyn almaga gatnaşýan ýuridik we fiziki şahslar;

19) pagta bazarynyň monitoringi – pagta bazarynyň maglumatlarynyň ýygnanylmagyna, işlenip taýýarlanylmagyna we seljerilişiniň geçirilmegine gönükdirilen çäreleriň jemi;

20) pagta çig malyny gaýtadan işlemek boýunça şertnama – pagta çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemek boýunça hyzmat etmegiň açyk şertnamasy;

21) pagta süýüminiň daňysy (kipi)pagta çig malynyň ilkinji gezek gaýtadan işlenilmeginiň netijesinde alnan pagta süýüminiň aýratyn usul arkaly basylyp gysylan (preslenen) kesgitli göwrümi;

22) pagta çig malynyň hiliniň seljermesi – pagta çig malynyň hakyky hil görkezijileriniň kesgitlenilmegine we tassyklanylmagyna gönükdirilen çäreleriň toplumy;

23) pagta önüminiň hiliniň seljermesi – pagta önüminiň hakyky hil görkezijileriniň kesgitlenilmegine we tassyklanylmagyna gönükdirilen çäreleriň toplumy;

24) pagta çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemek pagta çig malyny kabul etmek, saklamak we gaýtadan işlemek boýunça tehnologik amallary öz içine alýan, pagtany gaýtadan işleýän kärhana tarapyndan amala aşyrylýan iş;

25) pagta çig malyny öndürijiler pagta çig malyny öndürmek bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň pagtaçylyk hakynda kanunçylygy

 

Pagtaçylyk hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de pagtaçylyk babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň maksady

 

Türkmenistanda pagtaçylygy ösdürmek, bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine laýyklykda pagta çig malyny gaýtadan işleýän subýektleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek, dünýä bazarynda pagta önüminiň bäsleşige ukyplylygyny ösdürmek, geljekde pagtaçylygyň dokma we azyk senagatyna bir bitewüleşdirilmegi üçin hukuk we ykdysady esasy döretmek şu Kanunyň maksady bolup durýar.

 

II BAP. PAGTAÇYLYK BABATDA DÖWLET

DOLANDYRYŞY

 

4-nji madda. Pagtaçylyk babatda döwlet dolandyryşyny amala aşyrýan edaralar

 

Pagtaçylyk babatda döwlet dolandyryşyny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara) we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary amala aşyrýarlar.

 

5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) pagtaçylyk babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) pagtaçylyk babatda ygtyýarlandyrylan edaranyň işini utgaşdyrýar;

3) pagtaçylyk babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

4) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

6-njy madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ygtyýarlandyrylan edara:

1) pagtaçylyk babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) pagtaçylyk babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşýar;

3) pagtaçylyk babatda kärhanalaryň we edaralaryň işini utgaşdyrýar;

4) pagtaçylyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

5) pagta çig malynyň we pagta önüminiň öndürilmegi, gaýtadan işlenilmegi, şeýle hem dolanyşygy babatda agrotehniki kadalary işläp taýýarlaýar we tehniki kada görkezijilerini kabul edýär;

6) pagta çig malynyň we pagta önüminiň hilini kesgitleýän standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalary işläp taýýarlaýar;

7) pagta bazarynyň monitoringini geçirmegiň, pagta çig malynyň we pagta önüminiň mukdary hem-de hili boýunça hasaba alynmagyny ýöretmegiň, pagta çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemegiň tehnologik prosesini guramagyň düzgünlerini işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

8) pagta önüminiň bazaryny öwrenýär, çaklamalary taýýarlaýar, pagtaçylyk bilen baglanyşykly çygyrlary ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär;

9) gowaçany ösdürip ýetişdirmek boýunça  agrotehniki çäreleriň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

10) tohumlyk pagta çig malynyň öndürilişine, gaýtadan işlenilişine hem-de ekiş tohumynyň dolanyşygyna gözegçiligi amala aşyrýar;

11) hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy guraýar, pagtaçylygy ylmy taýdan üpjün etmek boýunça işleri maliýeleşdirýär;

12) pagta dilhatynyň görnüşini (nusgasyny) we beýanyny, pagta çig malyny saklamagyň hem-de gaýtadan işlemegiň şertnamalarynyň birkysmy görnüşlerini işläp taýýarlaýar;

13) pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň pagta çig malyny kabul etmäge taýýarlygynyň her ýylky meýilnamalaýyn barlagyny we işiniň gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;

14) pagtaçylyk pudagyny ösdürmegiň meseleleri boýunça halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary amala aşyrýar;

15) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

7-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) pagtaçylyk babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;

2) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmegi üçin pagtaçylyk babatda ygtyýarlandyrylan edara şertleri döredýärler;

3) tebigy-howa şertlerini we pagta çig malyny öndürmegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek boýunça çäreleri hasaba almak bilen özleriniň garamagyndaky çäklerde gowaçanyň ekin meýdanlaryny kesgitleýärler;

4) ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan düzgünlere laýyklykda pagta bazarynyň monitoringini geçirmäge gatnaşýarlar;

5) pagtaçylyk babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri girizýärler;

6) gowaçany ösdürip ýetişdirmek boýunça agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine ýardam edýärler;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

 

III BAP. PAGTAÇYLYK BABATDA DÖWLET GOLDAWY WE DÖWLET STANDARTLARY. PAGTA ÖNÜMINIŇ EKSPORTY WE IMPORTY

 

8-nji madda. Pagtaçylyk babatda döwlet goldawy

 

1. Pagtaçylyk babatda döwlet goldawy şu görnüşlerde amala aşyrylýar:

1) sortlaryň naýbaşy we saýlantgy tohumlaryny ösdürip ýetişdirmekde ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklaryna ýardam bermek;

2) tohumlyk pagta çig malynyň döwlet satyn alyş nyrhlaryna goşmaça tölegleri bellemek;

3) önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen döwlet ýeňilliklerini bermek;

4) ýeňillikli şertlerde karzlary bermek;

5) salgyt ýeňilliklerini bermek;

6) pagta çig malyny hem-de pagta önümini öndürmegiň we saklamagyň täze, öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýardam bermek.

2. Pagtaçylyk babatda döwlet goldawy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki görnüşdäki ýeňillikleri bermek arkaly amala aşyrylyp bilner.

 

9-njy madda. Pagtaçylyk babatda standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar

 

1. Pagtaçylyk babatda standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar.

2. Pagtaçylyk babatda standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalary tassyklamak standartlaşdyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

 

10-njy madda. Pagta önüminiň eksporty we importy

 

1. Pagta önüminiň eksporty Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Ylmy barlaglar, seleksiýa işleri, şeýle hem sergilere çykarmak (eksponirlemek) üçin niýetlenen pagta önüminiň importy ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsady boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

 

IV BAP. PAGTA ÇIG MALYNYŇ WE PAGTA ÖNÜMINIŇ

HOWPSUZLYGYNA GÖZEGÇILIK ŞEÝLE HEM

OLARYŇ HILINIŇ SELJERMESI

 

11-nji madda. Pagta çig malynyň we pagta önüminiň howpsuzlygyna we hiline gözegçilik

 

1. Pagta çig malynyň we pagta önüminiň howpsuzlygyna hem-de hiline gözegçilik ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan onuň ygtyýarlylygynyň çäklerinde amala aşyrylýar we tehniki dessurlaryň berjaý edilmegini üpjün etmäge, pagta çig malynyň we pagta önüminiň howpsuzlygyna we hiline bolan talaplary kesgitleýän standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

2. Ilatyň janyna, saglygyna, daşky gurşawa zyýan ýetirilmegi bilen baglanyşykly töwekgelçilige ýol bermezlik maksady bilen pagta çig malynyň we pagta önüminiň howpsuzlygyna gözegçilik şu görnüşde amala aşyrylýar:

1) senenama ýylynda bir gezekden seýrek bolmadyk meýilnama esasynda geçirilýän barlag;

2) pagta bazaryna gatnaşyjylaryň resmi ýüz tutmalary esasynda geçirilýän meýilnamadan daşary barlag.

3. Pagta çig malynyň we pagta önüminiň hiline gözegçilik şulary öz içine alýar:

1) tehnologik dessury berjaý etmek maksady bilen pagta çig maly saklanylmaga we gaýtadan işlenilmäge kabul edilen, pagta önümi saklanan we goýberilen mahalynda yzygiderli gözegçiligi;

2) pagta çig malynyň we pagta önüminiň eýeleriniň bähbitlerini goramak maksady bilen pagta bazaryna gatnaşyjylaryň resmi ýüz tutmalary esasynda geçirilýän, pagta çig maly kabul edilen, gaýtadan işlenilen hem-de pagta önümi goýberilen mahalynda hil görkezijileriniň kesgitlenilişine gözegçiligi.

 

12-nji madda. Pagta çig malynyň hiliniň seljermesi

 

1. Pagta çig malynyň hiliniň seljermesi gaýtadan işleýän kärhanalaryň hususy serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Pagta çig malynyň hiliniň seljermesini standartlaşdyrmak babatda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda akkreditirlenen (attestasiýalaşdyrylan) barlaghanalar amala aşyrýarlar.

3. Pagta çig malyny öndüriji pagta çig malynyň hiliniň seljermesini gaýtadan geçirmek üçin ygtyýarlandyrylan edaranyň beýleki akkreditirlenen barlaghanalaryna ýüz tutmaga haklydyr.

4. Pagta çig malyny öndürijiniň bähbitlerini goramak maksady bilen pagta çig malynyň we pagta önümleriniň hiliniň seljermesini geçirmegiň tertibini berjaý etmek boýunça akkreditirlenen barlaghanalaryň işine gözegçilik standartlaşdyrmak babatda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýar.

 

13-nji madda. Pagta önüminiň hiliniň seljermesi

 

1. Pagta önüminiň hiliniň seljermesi satyn alyjynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Ekiş we tehniki tohumlaryň hiliniň seljermesi gaýtadan işleýän kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.

3. Pagta önüminiň hiliniň seljermesi hökmany bolup durýar hem-de pagta önüminiň her bir kipi we (ýa-da) tapgyry boýunça geçirilýär.

4. Pagta önüminiň eýesi ýa-da ony satyn alyjy zerur bolan mahalynda pagta önüminiň hiliniň gaýtadan seljermesini öz serişdeleriniň hasabyna başga bilermenler edarasynda amala aşyrmaga haklydyr.

5. Laýyklyk sertifikaty bolmazdan pagta önüminiň satylmagyna ýol berilmeýär.

 

V BAP. PAGTA ÇIG MALYNY ÖNDÜRMEK

BOÝUNÇA IŞ

 

14-nji madda. Pagta çig malyny öndürmek

 

1. Pagta çig malyny öndürmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Pagta çig malyny ösdürip ýetişdirmek, ýygnamak, kabul etmek, saklamak we ony gaýtadan işlemek üçin kärhanalara daşamak kadalaşdyryjy resminamalaryň we tehnologik kadalaryň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Pagta çig maly onuň niýetlenilişine laýyklykda tohumlyk we tehniki görnüşde öndürilýär.

 

15-nji madda. Tohumlyk pagta çig malynyň öndürilişi

 

Tohumlyk pagta çig malynyň öndürilişi tohumçylyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tohum materiallaryny almak üçin tohumçylyk hojalygy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

16-njy madda. Tehniki pagta çig malynyň öndürilişi

 

Tehniki pagta çig malyny öndürmek, senagat maksatlarynda çig mal görnüşinde peýdalanmak üçin ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

VI BAP. PAGTA ÇIG MALYNY ÖNDÜRIJILERIŇ WE PAGTANY GAÝTADAN IŞLEÝÄN KÄRHANALARYŇ IŞI

 

17-nji madda. Pagta çig malyny öndürijileriň hukuklary we borçlary

 

1. Pagta çig malyny öndürijiler şulara haklydyr:

1) şertnamalara laýyklykda ýer böleklerinde gowaça ösdürip ýetişdirmäge;

2) önümçilik harajatlary boýunça döwlet ýeňilliklerini almaga;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga hukuklary durmuşa geçirmäge.

2. Pagta çig malyny öndürijiler şulara borçludyr:

1) agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmäge;

2) ýerleriň hasyl berijiliginiň gaýtadan dikeldilmegini üpjün edýän usullar arkaly pagta çig malynyň öndürilişini amala aşyrmaga;

3) agrotehniki çäreleriň daşky gurşawa oňaýsyz täsir etmelerini aradan aýyrmak ýa-da çäklendirmek boýunça çäreleri görmäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga borçlary ýerine ýetirmäge.

 

18-nji madda. Pagtany gaýtadan işleýän kärhana

 

1. Pagtany gaýtadan işleýän kärhana pagta çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemek we pagta önümini saklamak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär. Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň pagta kabul ediş nokady (harmanhanasy) pagta çig malynyň kabul edilmegini, saklanylmagyny, gaýtadan işlenilmegini we taýýar önümiň ýüklenilmegini, şeýle hem ekmek üçin awulanan gowaça çigidiniň taýýarlanylmagyny üpjün edýär.

2. Pagtany gaýtadan işleýän kärhanada şular bolmalydyr:

1) pagta kabul ediş nokadynyň azyndan birisi;

2) pagta çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemek boýunça tehnologik amallary amala aşyrmak üçin niýetlenilen enjam;

3) terezi enjamy;

4) howany çalşyryş enjamy;

5) ýükleýiş-düşüriş mehanizmleri;

6) ýangyn söndüriji serişdeleri;

7) pagta çig malynyň we pagta önüminiň hilini kesgitlemek üçin önümçilik-tehnologik barlaghanasy;

8) pagta çig malyny we pagta önümini saklamak üçin ýörite bölünip berlen ýer.

3. Pagta kabul ediş nokadynda şular bolmalydyr:

1) pagta çig malyny we pagta önümini ýerleşdirmek we saklamak üçin üsti açyk meýdança ýa-da üsti bassyrmaly ammar;

2) terezi enjamy;

3) howany çalşyryş enjamy;

4) nusgalyk almak we pagta çig malynyň hilini kesgitlemek üçin barlaghana;

5) ýükleýiş-düşüriş mehanizmleri;

6) ýangyn söndüriji serişdeleri.

4. Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň, şeýle hem pagta kabul ediş nokadynyň çäginde goşmaça enjamlar hem bolup biler.

 

19-njy madda. Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň hukuklary we borçlary

 

1. Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň şulara hukuklary bardyr:

1) ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegleri öz wagtynda tölemegi ýuridik we fiziki şahslardan talap etmäge;

2) pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň kabul ediş nokatlarynda pagta çig malyny senagat sortlary boýunça bellenilen hil görkezijilerine laýyklykda kabul etmäge.

2. Pagtany gaýtadan işleýän kärhana şulara borçludyr:

1) pagta çig malyny we pagta önümini kabul etmegiň hem-de saklamagyň şertlerini berjaý etmäge;

2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary we tehniki dessurlary bilen bellenilen talaplara laýyklykda pagta çig malynyň ýokary hil derejesinde ilkinji gezek gaýtadan işlenilmegini üpjün etmäge;

3) şertnama laýyklykda saklamaga we (ýa-da) gaýtadan işlemäge alnan pagta çig malynyň hil we mukdar taýdan abatlygyny üpjün etmäge;

4) pagta dilhatyny saklaýjynyň talaby boýunça edilen hyzmatlar üçin berginiň bolmadyk mahalynda kärhanada saklamagyň we (ýa-da) gaýtadan işlemegiň şertnamasynyň şertlerine laýyklykda pagta dilhatynyň deregine saklanylýan pagta çig malyny we (ýa-da) pagta önümini goýbermäge;

5) pagta dilhatyny saklaýjynyň talaby boýunça pagta çig malynyň we pagta önüminiň hilini barlamak üçin olaryň nusgalygynyň seçilip alynmagyny üpjün etmäge;

6) saklamagyň we (ýa-da) gaýtadan işlemegiň şertnamasynda göz öňünde tutulan pagta dilhatyny saklaýjynyň öňündäki borçnamalaryny ýerine ýetirmäge.

 

20-nji madda. Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň hyzmatlarynyň tölegi

 

Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň hyzmatlarynyň tölegi ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan baglaşylýan şertnamalaryň esasynda bellenilýär.

 

21-nji madda. Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň işini çäklendirme

 

1. Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalara pagta çig malynyň ilkinji gezek gaýtadan işlenilip, pagta önüminiň öndürilmegine degişli bolmadyk telekeçilik işini amala aşyrmak, şeýle hem üçünji şahslaryň borçnamalary boýunça kepillikleri bermek we özüniň emlägini girewe goýmak, şulardan başga ýagdaýlarda gadagan edilýär:

1) pagta çig malyny we pagta önümini öndürmekden we satmakdan;

2) degişli ygtyýarnamasy bar bolan mahalynda gümrükhana ammarynyň hyzmatlaryny etmekden.

2. Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalara, olarsyz pagta çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemek boýunça işi amala aşyrmak bütinleý mümkin bolmaýan ýa-da düýpli kynlaşýan ýagdaýynda esasy serişdeleri aýrybaşgalamak gadagan edilýär.

 

22-nji madda. Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalarda hasaba alyş we hasabatlylyk

 

1. Pagtany gaýtadan işleýän kärhana pagta çig maly bilen geçirilen amallary beýan edýän resminamalaryň berk hasaba alnyşyny we saklanylyşyny üpjün etmäge borçludyr.

2. Hasaba alnyş resminamalarynyň sanawy we görnüşleri, şeýle hem pagta çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemek boýunça işe, pagta bazarynyň monitoringiniň alnyp barlyşyna bildirilýän talaplary berjaý etmegiň meseleleri boýunça hasabatlylygy bermegiň möhletleri, degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

3. Saklanylmaga degişli hasaba alyş resminamalaryň sanawy, şeýle hem olaryň möhletleri pagta çig malynyň we pagta önüminiň mukdar we hil taýdan hasaba alynmagyny ýöretmegiň degişli düzgünleri bilen bellenilýär.

4. Pagtany gaýtadan işleýän kärhana ygtyýarlandyrylan edaranyň ýazmaça beren haty boýunça pagta bazarynyň monitoringini geçirmek üçin zerur bolan resminamalary bermäge borçludyr.

 

23-nji madda. Pagta dilhatlary boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegiň kepillikleri

 

Pagtany gaýtadan işleýän kärhana pagta dilhatlary boýunça pagta dilhatlaryny saklaýjylaryň öňündäki borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň kepilliklerini üpjün etmäge borçludyr.

 

24-nji madda. Pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň meýilnamalaýyn auditi

 

Ygtyýarlandyrylan edara pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň maliýe-hojalyk işini barlamak maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda meýilnamalaýyn auditi geçirýär.

 

VII BAP. PAGTA DILHATYNY BERMEK, ONY SAKLAÝJYNYŇ HUKUGY, ONUŇ ÝITIRILMEGI WE ÖZARA ÜZÜLIŞILMEGI

 

25-nji madda. Pagta dilhatyny bermek

 

1. Pagtany gaýtadan işleýän kärhana pagta çig malyny kabul etmek, saklamak we (ýa-da) gaýtadan işlemek baradaky şertnamanyň esasynda pagta dilhatyny berýär.

2. Pagta dilhaty pagta çig malynyň hili boýunça birmeňzeş her bir tapgyryna berilýär.

3. Pagta dilhatlary bellige alnyp we pagtany gaýtadan işleýän kärhana tarapyndan hronologik tertipde alnyp barylýan pagta dilhatlarynyň sanawynda (reýestrinde) onuň goly çekdirilip pagta çig malynyň eýesine berilýär.

4. Täze pagta dilhatlary pagta dilhatlaryny saklaýjylaryň talap etmegi boýunça şu ýagdaýlarda berilýär:

1) pagta dilhaty fiziki taýdan könelende;

2) pagta dilhaty çalşylanda;

3) pagta dilhaty ýitirilende.

 

26-njy madda. Pagta dilhatyny saklaýjynyň hukuklary

 

1. Pagta dilhatyny saklaýjy pagta kabul ediş nokadynda we pagtany gaýtadan işleýän kärhanada saklanylýan pagta çig malyny we pagta önümini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolandyrmak hukugyna eýedir.

2. Pagta dilhatyny saklaýjy pagta çig malynyň we pagta önüminiň bölekleýin goýberilmegini talap etmäge haklydyr. Şunlukda, ilkibaşdaky pagta dilhatynyň deregine pagta çig malynyň we pagta önüminiň galan göwrümine täze pagta dilhaty berilýär.

3. Pagta dilhatyny saklaýjy pagta çig malynyň we pagta önüminiň berilmegini talap etmek üçin hut özi gelmäge ýa-da bellenilen tertipde berlen ynanç haty bar bolan ynanylan adamy ýollamaga borçludyr.

 

27-nji madda. Pagta dilhatynyň ýitirilmegi

 

1. Pagta dilhaty ýitirilen halatynda pagta dilhatyny ýitiren şahs bu barada pagtany gaýtadan işleýän kärhana ýazmaça görnüşde haýal etmän habar bermäge borçludyr.

2. Ýitirileniň ýerine täze pagta dilhatyny bermekden ýüz dönderilen halatynda, täze pagta dilhatyny almaga bolan hukuk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

 

28-nji madda. Pagta dilhatynyň özara üzülişilmegi

 

Pagta dilhaty pagta çig maly we (ýa-da) pagta önümi doly gaýtarylyp berlen mahalynda, şeýle hem saklanyşda duran degişli pagta çig maly ýa-da pagta önümi doly satylan halatynda pagtany gaýtadan işleýän kärhana tarapyndan özara üzülişilýär.

 

VIII BAP. PAGTANY GAÝTADAN IŞLEÝÄN KÄRHANALARYŇ IŞINE GÖZEGÇILIK WE TÄSIR ETMEGIŇ ÇÄRELERI

 

29-njy madda. Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň işine gözegçilik

 

1. Pagta bazaryny düzgünleşdirmek hem-de pagta çig malynyň we pagta önüminiň eýeleriniň bähbitlerini goramak maksady bilen ygtyýarlandyrylan edara Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tehniki dessuryň talaplaryny berjaý etmek babatda pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň işine gözegçilik geçirýär.

2. Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalar pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň çäginde ýerleşýän ähli önümçilik obýektlerine, şeýle hem olaryň işine gözegçiligi geçirmek üçin zerur bolan maglumaty özünde saklaýan ähli çeşmelere elýeterliligi üpjün etmekde ygtyýarlandyrylan edara ýardam bermäge borçludyr.

3. Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň işine gözegçiligi amala aşyrýan wezipeli adamlar täjirçilik hem-de kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlardan ybarat bolan maglumatlary ýaýradanlygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

30-njy madda. Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalara ulanylýan täsir ediş çäreleri

 

Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň işinde düzgün bozulmalar ýüze çykarylan halatynda ygtyýarlandyrylan edara şu täsir ediş çärelerini ulanmaga haklydyr:

1) pagta çig malyny we pagta önümini gaýtadan işlemekdäki we saklamakdaky önümçilik proseslerinde ýüze çykarylan düzgün bozulmalaryny ýok etmek hakynda bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegi hökmany bolan ýazmaça tabşyryknamalary bermek;

2) ýüze çykarylan düzgün bozulmalar ýok edilýänçä pagtany gaýtadan işleýän kärhananyň önümçilik işini wagtlaýyn togtatmak;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek.

 

31-nji madda. Pagta çig malyny we pagta önümini kabul etmegiň, saklamagyň we hilini üpjün etmegiň tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik

 

Pagta çig malyny we pagta önümini kabul etmegiň, saklamagyň we hilini üpjün etmegiň tertibiniň berjaý edilişine gözegçilik degişli döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

IX BAP. PAGTAÇYLYK BABATDA HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK WE YLMY ÜPJÜNÇILIK

 

32-nji madda. Pagtaçylyk babatda hünärmenleri taýýarlamak

 

Pagtaçylyk babatda hünärmenleri taýýarlamak orta hünär bilimi we ýokary hünär bilimi okuw jaýlarynda, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak edaralarynda amala aşyrylýar.

 

33-nji madda. Pagtaçylyk babatda ylmy üpjünçilik

 

Pagtaçylyk babatda ylmy üpjünçilik ylmy-barlag edaralary we ylmy iş alyp barýan ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýar.

 

Х BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

34-nji madda. Pagtaçylyk hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Pagtaçylyk hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

35-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

Pagtaçylyk babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

 

36-njy madda. Pagtaçylyk babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy

 

Pagtaçylyk babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

37-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                            Gurbanguly

     Prezidenti                                                          Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.

№ 597-V.

 


Nama hakynda

Soňky üýtgetme 2019-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen
Görnüşi Türkmenistanyň kanunlary
Kabul edilen senesi 26.08.2017
Resminamanyň belgisi № 597-V